Makalalar
Bilim ulgamynyň iň soňky täzelikleri we resmi habarlary.
Üstünlikli geçirilen bäsleşik
Läle HOJAGURBANOWA,Balkan welaýat ýörite sungat mekdebiniň mugallymy: — Bu gün ata Watanyň gujagynda bagtyýarlygyň, erkanalygyň toýuny toýlaýan agzybir halkymyz her bir gününi bagta besläp gurýar, döredýär hem-de geljege uly ynam bilen garaýar. Häzirki taryhy döwrümizde ähli ösüşlerimiziň esasyny düzýän goşa ganatymyz — Garaşsyzlygymyz hem-de Bitaraplygymyz köňüllere buýsanç, ylham paýlaýar. «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylymyzyň şygaryny dabaralandyrmak, Garaşsyzlygymyzyň gymmatyny wagyz etmek maksady bilen dürli medeni çäreler, bäsleşikler geçirilýär. Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň hem-de «Mugallymlar gazeti» gazetiniň redaksiýasynyň bilelikde guramagynda «Mukaddes Garaşsyzlyk — buýsanjymyz, bagtymyz» atly bäsleşigi hem döredijilik işi bilen meşgullanýan bilim işgärlerini täze eserleri döretmäge höweslendirdi. Bilim işgärleri bu gün döredilýän mümkinçiliklerden ruhlanyp, ýürek buýsançlaryny öz eserleriniň üsti bilen beýan edýärler. Döredijilik gözellikden, erkana ýaşaýyşdan has ajaýyplaşýan bolsa, şol gözellikler biziň dünýämizi, kalbymyzy gaplap alýar. Döredijilik işgärleri döwrüň waspyna, bagtyň tarypyna eýlenip, zamanamyzyň deňsiz-taýsyz keşbini jahana ýaýýar. Döwrümiziň keşbi köňüllere ylham bolup dolýar. Ajaýyp zamanamyzda döredijilikli işlemäge giň mümkinçilikleri döredýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag bolsun, beýik işleri rowaçlyklara beslensin! Taýýarlan Bagty ÖDEGULYÝEWA, «Mugallymlar gazeti»
Üstünlikli geçirilen bäsleşik
Annageldi BEKIÝEW,Daşoguz welaýatynyň Saparmyrat Türkmenbaşy etrabyndaky 33-nji orta mekdebiň mugallymy: — Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzda gazanylýan üstünlikler mähriban halkymyzy döredijilikli işlemäge ruhlandyrýar. Eziz Diýarymyzy ösdürmäge mynasyp goşandymyzy goşmaga bolan yhlasymyzy artdyrýar. Biz ajaýyp zamanada ýaşaýarys. Döredilýän giň mümkinçilikler bolsa bizi ösüşlere goşandymyzy goşmaga borçly edýär. Biz — mugallymlar ösüp gelýän ýaş nesilleri milli ruhda terbiýelemegi, olara döwrebap bilim öwretmegi mukaddes borç hasaplaýarys. Biziň geljegimiz bolan ýaşlarda ata Watanymyza, mukaddes Garaşsyzlygymyza, baky Bitaraplygymyza, merdana halkymyza, milli medeniýetimize, asylly däp-dessurlarymyza, ata-babalarymyzyň döwletlilik ýörelgelerine çuňňur söýgini we çäksiz wepalylygy terbiýelemegi öz öňümizde esasy maksat edip goýýarys. Men ata Watanymyzy, mukaddes Garaşsyzlygymyzy hem-de mähriban halkymyzy wasp edýän goşgularym bilen bu bäsleşikde ýeňiji boldum. Bu sylag-serpaý meni geljekde hem döredijilikli işlemäge ruhlandyrýar. Bize döredijilikli işlemäge ähli mümkinçilikleri döredýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag bolsun, il-ýurt bähbitli işleri hemişe rowaçlyklara beslensin!
Üstünlikli geçirilen bäsleşik
Ogulniýaz ANNATAGANOWA,Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň uly mugallymy: — Giň göwrümli we halk bähbitli beýik işleri maksat edip, durnukly ösüşiň röwşen ýolunda abadançylygyň we rowaçlygyň belent sepgitlerine tarap bedew bady bilen öňe barýan ýurdumyzda şatlyga beslenip bellenilýän mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk şanly baýramçylygyna bagyşlanyp geçirilen «Mukaddes Garaşsyzlyk — buýsanjymyz, bagtymyz» atly bäsleşikde maňa hem ýeňiji bolmak paýy miýesser etdi. Munuň özi mundan beýläk-de yhlasly işlemäge, ýaşlarymyza döwrebap bilim öwretmäge ruhlandyrdy. Beýik we guwandyryjy üstünliklere beslenýän «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda bellenilýän mukaddes baýramçylyga taýýarlan özboluşly döredijilik sowgadymyň ýerine düşendigine buýsanjymyň çägi ýok. Garaşsyzlyk ýyllarynda halkymyzyň aň-düşünjesinde, medeni we ruhy durmuşynda, ykdysadyýetde ägirt uly guwandyryjy ösüşler, uly özgerişler bolup geçdi. Täze jemgyýetçilik gatnaşyklary kemala geldi. Mähriban döwletimize wepaly, bilimli-ylymly, täze nesli terbiýeläp ýetişdirdik. Eziz Diýarymyzda gazanylan bu beýik üstünlikleri, ýetilen belent sepgitleri bütin dünýä ýüzi görýär. Ata Watanymyzyň beýik ösüşleri, ýaşlaryň döwrebap bilim almaklary üçin üstünlikli durmuşa geçirilýän işlere mundan beýläk hem öz mynasyp goşandymyzy goşarys. Bize işlemäge, halal zähmet çekmäge ähli mümkinçilikleri döredýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag bolsun, beýik işleri rowaçlyklara beslensin!
Üstünlikli geçirilen bäsleşik
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda ähli ugurlar boýunça durmuşa geçirilýän işler has-da guwandyryjydyr. Ýurdumyzda giňden bellenilýän mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllyk toýuna barýan günlerimizde dürli medeni çäreler giňden ýaýbaňlandyrylýar. Eziz Diýarymyzda şanly Garaşsyzlyk baýramy mynasybetli geçirilýän dabaraly çäreler mähriban halkymyzy ýatdan çykmajak toý ruhuna besleýär. Toýlary toýlara, baýramlary baýramlara ulaşýan ýurdumyzyň aýlary, günleri, ýyllary ýatdan çykmajak taryhy wakalara beslenýär. Ine, toýly Diýarymyzda şeýle ajaýyp günlerde, ýagny 10-njy sentýabrda Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň, «Mugallymlar gazeti» gazetiniň redaksiýasynyň mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllygy mynasybetli bilim işgärleriniň, mugallymlaryň arasynda yglan eden «Mukaddes Garaşsyzlyk — buýsanjymyz, bagtymyz» atly döredijilik bäsleşiginiň jemine bagyşlanyp dabara geçirildi. Türkmenistanyň Jemgyýetçilik guramalarynyň binasynda geçirilen dabara ýurdumyzyň bilim işgärleri, mugallymlary gatnaşdylar. Bu gün ýurdumyzyň bilim işgärleri mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllygyna özleriniň toý sowgatlary bilen barýarlar. Olar ýurdumyzyň bedew batly ösüşdir özgerişlerini wasp edýän gowy makalalary, goşgulardyr hekaýalary bilen gazetimiziň sahypalarynda yzygiderli çykyş etdiler. Ine, ylym-bilimiň mekany Türkmenistanda şular dogrusynda çeper beýan edilýän döredijilik işler gazetiň sahypalaryny has-da bezeýär. Şonuň üçin eziz Diýarymyzyň ösüşlerine önjeýli goşant goşýan bilim işgärleriniň asylly zähmetleri aýratyn nygtalmaga mynasypdyr. Ynha, «Mukaddes Garaşsyzlyk — buýsanjymyz, bagtymyz» atly döredijilik bäsleşigi öňdebaryjy bilim işgärlerini ýüze çykardy. Mugallymlarymyz ösüp barýan ýaş nesle asylly terbiýe we bilim bermek ýaly jogapkärli işlerinde tejribe toplap, çeper döredijilik bilen meşgullanyp, bäsleşikde ýeňiji boldular. Biz hem bu bäsleşige gatnaşyp, baýrakly orunlara mynasyp bolan mugallymlaryň ýürek buýsançlaryny gazetiň okyjylaryna ýetirmegi makul bildik.
Terbiýe — kämilligiň gözbaşy
Türkmen halky gadymy döwürlerden bäri ýaş nesliň terbiýesini hemme zatdan ýokarda goýup gelýär. Halkymyzyň milli terbiýeçilik mekdebi, halk pedagogikasy müňýyllyklaryň dowamynda toplanan durmuş tejribesiniň netijesidir. «Çaga eziz, edebi ondanam eziz» diýen pähim ata-babalarymyzyň nesil hakyndaky aladasynyň düýplüdigini görkezýär. Ýaşlaryň zähmetsöýer, watansöýüji, ilhalar adamlar bolup ýetişmegi üçin halkymyzyň milli terbiýeçilik ýol-ýörelgesi asyrlaryň synagyndan geçen nusgalyk mekdepdir. Gahryman Arkadagymyz Arkadag şäheriniň Ruhyýet köşgünde geçen umumy okuw sapagynda şeýle belledi: «Iň gymmatly miras terbiýedir. Ynsanyň bagtyýarlygy diňe ýazgydyna däl-de, oňa siňdirilen terbiýä hem baglydyr. «Çagaly öý — bazar», «Çaga — ömrüň dowamy» ýaly parasatly setirleri döreden türkmen halky ösüp gelýän ýaş nesillere aýawly garapdyrlar. Biz pederlerimiziň «Akylyň bahasy bolmaz, terbiýäniň — çägi» diýen pähiminden ugur alyp, nesil terbiýesine aýratyn üns berýäris. Nesillerimiziň bagtyýar ýaşamagy, hakyky watançy, ilhalar, päk ahlakly, merdana we halal adamlar bolup ýetişmekleri biziň baş maksadymyzdyr». Terbiýeli, bilimli, sagdyn nesliň kemala gelmegi üçin ilki maşgalanyň, soňra çagalar bagynyň, mekdebiň we jemgyýetiň täsiri örän uludyr. Maşgala jemgyýetiň iň esasy sütünidir. Bu sütüniň berkligi röwşen geljegimiziň binýadydyr. Çaga terbiýesinde ene-ata jogapkärçilik duýgusyna, ýeterlik ylym-bilime eýe bolmalydyr. Ene-ata öz çagasyna hemmetaraplaýyn görelde bolmalydyr. Çagany sagdyn ulaltmak, oňa tertip-düzgüni, zähmetsöýerligi öwretmek, oňat bilim bermek wajyp wezipelerdir. Çaganyň irki ýaşy onuň aň-düşünjesini, şahsyýetini we durmuş edebini kemala getirmekde iň wajyp döwürdir. Oňa öz wagtynda täsir etmek bolsa, geljekki şahsyýet, maşgala we jemgyýet üçin ähmiýetlidir. Diýmek, çagalyk döwri kämil şahsyýeti kemala getirmegiň başlangyç we esasy döwrüdir. Gülşirin NURYÝEWA, Aşgabat şäherindäki 46-njy orta mekdebiň mugallymy.
Bilim öwretmek bagtdyr
Durdyguly Amangeldiýew 1960-njy ýylda Balkan welaýatynyň Magtymguly etrabynda dogulýar. Häzirki ajaýyp döwrümize buýsanyp, ýaş nesillere dil öwretmek, edebiýatyň many-mazmunyny düşündirmek asylly ýörelgedir. Bu asylly ýörelgä eýerýän Durdyguly Amangeldiýew indi ençeme ýyl bäri mugallymçylyk kärinde zähmet çekýär. Durdyguly heniz ýaşlykdan dil öwrenmegi ýüregine düwdi, mekdep kitaphanasynda bar bolan çeper eserleri okap çykdy. Özi hem diňe bir türkmen dilinde däl, eýsem, rus dilindäki çeper eserleri hem ürç edip okady. Her eseri okanda, dildäki sözleriň manysy, sözleriň şirinligi hakynda pikir ýöretdi. Elbetde, özi hem çeper eserleri okamak ýaş Durdygulyda dile bolan gyzyklanmany artdyrdy. Şeýle bolansoň, ol orta mekdebi tamamlap, dil we edebiýat boýunça ýokary okuw mekdebinde okuwyny dowam etdi. Oba ýerinde mugallym bolup işlemegiň özboluşly täsiri bar. Hawa, mugallymçylyk käriniň özi täsirli, ýaş nesillere bilim öwretmek hem gyzykly. Çünki obada mugallymy hemmeler tanaýar, ol uly hormata mynasyp adam bolup durýar. Durdyguly mugallym hem şeýle hormata, sarpa mynasyp mugallymlaryň biridir. Häzir onuň okadan okuwçylarynyň köpüsi mugallymçylyk kärinde zähmet çekýärler. Bu günki günde Durdyguly mugallym ýaşlaryň hem halypasydyr. Şonuň üçin ýaş bilim işgärleri ondan tejribeli pedagog hökmünde maslahatlaryny soraýarlar. Ýaşlara bilim öwretmek, sapagy täsirli guramak, okuwçylaryň ünsüni çekmek, gyzyklandyrmak ýaly dürli meseleler bilen ýaş mugallymlar halypa ýüzlenýärler. Durdyguly mugallymyň halypaçylyk ýoly hem köp ýyllary öz içine alýar. Ol Ahal welaýatynyň Bäherden etrabyndaky 16-njy orta mekdepde rus dili we edebiýat mugallymy bolup işe başlady. D.Amangeldiýew bilim ulgamynda mugallymçylyk kärinde işe başlap, soňra Bäherden etrabyndaky 23-nji orta mekdebiň terbiýeçilik işleri baradaky orunbasary, 2002-nji ýylda ylym we bilim işgärleriniň kärdeşler arkalaşyklarynyň Bäherden etrap Geňeşiniň başlygy wezipelerinde işlemek bilen, tejribe toplady we Hormat hatlara mynasyp boldy. Halypa mugallym 2015-nji ýyldan bäri Bäherden etrabynda rus dili we edebiýat mugallymlarynyň usuly birleşmesine ýolbaşçylyk edip gelýär. Etrapda geçirilýän usuly maslahatlara hödürlenýän usuly çykyşlara seljerme bermekde uly tejribesinden peýdalanýar. Usuly sapaklary guramakda, okuwçylara bilim öwretmekde hem tejribesini paýlaşýar. Aýratyn hem, dil öwretmekde okuwçylaryň ünsüni çekmek, dünýä dilleriniň ähmiýeti hakynda düşündirmek halypanyň asylly ýörelgesine öwrüldi. Mugallym dil bilýän ýaşlaryň dünýäniň çeper eserlerini hem, ylmy edebiýatyny hem oňat özleşdirip bilýändigini nygtaýar. Munuň şeýledigini mugallymyň okadan uçurymlary dürli hünärde zähmet çekýän ýaşlar durmuş tejribesinde görýär. Öz ugurlarynda dünýä edebiýatyny, ylmyny özleşdiren mahallary Durdyguly mugallyma sagbolsun aýdýarlar. Çünki onuň gymmatly maslahatlary durmuş tejribede ýol-ýörelge bolýar. Halypa mugallym Bäherden etrabyndaky 23-nji orta mekdepde rus dili we edebiýat mugallymy bolup işlemek bilen, her ýyl etrapda geçirilýän «Altyn asyryň altyn zehinleri» atly ders bäsleşiklerine rus dili dersinden taýýarlan okuwçylary etrap bäsleşiklerinde ýeňiji bolup, Ahal welaýat bäsleşiklerine gatnaşýarlar. Bu hem halypanyň okatmak ussatlygynyň, bilim öwretmek tejribesiniň kämildigini beýan edýär. Durdyguly mugallym welaýat Baş bilim müdirliginiň ýanyndaky döwlet umumybilim edaralarynyň mugallymlarynyň we mekdebe çenli çagalar edaralarynyň terbiýeçileriniň hünär derejesini ýokarlandyryş merkezlerinde usuly sapaklary geçip, özüniň baý iş tejribesini mugallymlar köpçüligine ýaýmakda ýadawsyz zähmet çekýär. Ol öz zähmeti bilen mugallymlaryň we ata-eneleriň arasynda uly abraýdan peýdalanýar. Okuw sapaklaryny we geçilýän her bir terbiýeçilik çärelerini milli medeniýetimiz, şeýle-de okatmagyň we öwretmegiň dünýä ülňülerine laýyk gelýän öňdebaryjy iş tejribeler bilen berk baglanyşdyryp geçýär. Durdyguly Amangeldiýew Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň bilim özgertmelerinden, ýurdumyzyň içeri we daşary syýasatyndan gelip çykýan wezipelere düşünýän, syýasy taýdan sowatly bilim işgäri hasaplanýar. Onuň ýanýoldaşy Annagözel Amangeldiýewa hem 40 ýyl bäri biregne bile bir mekdepde zähmet çekip gelýär. Annagözel mugallym hem rus dili we edebiýat mugallymy. Mugallymlar maşgalasynda dört çagany terbiýeläp ýetişdirdiler. Bu günki günde bu çagalar ene-atalarynyň asylly terbiýesini kalplaryna guýup, hersi bir hünäri ele aldylar hem-de Watana, halka hyzmat edýärler. Şeýle halypa mugallymlary göreniňde, bilim barada, terbiýe hakynda gyzykly söhbetlere gümra bolýarsyň. Çünki şeýle halypalaryň geçen ýoly ýaş nesiller üçin hem göreldedir. Amangül KERWENOWA, Bäherden etrabyndaky 23-nji orta mekdebiň kärdeşler arkalaşygynyň ilkinji guramasynyň başlygy.
Düzme ýazmagyň ähmiýeti
Okuwçylara kämil, döwrebap bilimdir terbiýe bermek bu günki günüň esasy ugurlarynyň biridir. Çünki orta mekdebi tamamlan okuwçylar geljekde ökde hünärmenler bolup ýetişmelidirler. Watanyň mynasyp oguldyr gyzlary bolmak üçin bu günki gün orta mekdebi tamamlan ýaşlardan başarjaňlyk, oňat ýatkeşlik, ösen matematiki ukyplar, taryhy we edebiýaty çuňňur bilmek, tebigy-ylmy dersleri oňat özleşdirmek, kompýuter sowatlylygy, öz raýat hukuklaryňy bilmek, bedenterbiýe bilen yzygiderli meşgullanmak, bilimleri döredijilikli, täze şertlerde ulanmagy başarmak talap edilýär. Hut şulardan ugur alnyp, orta mekdeplerde okuwçylaryň sözleýiş başarnyklary ösdürilýär. Şunda çeper edebiýaty okatmak, düzme ýazdyrmak ugurlaryna üns berilýär. Orta mekdebiň edebiýat dersi boýunça okuw maksatnamasynda okalan eseriň gahrymanlaryny häsiýetlendirmek, tekstdäki çeperçilik serişdeleriniň hyzmatyny düşündirmek, eseriň esasy temasyny we ideýasyny kesgitlemek, many-mazmunyny, wakalaryny derňemek we ähmiýetli taraplaryny beýan etmek ýaly başarnyklar kemala getirilýär. Bu başarnyklary kemala getirmekde düzme ýazmagyň aýratyn uly hyzmaty bar. Düzme ýazmak okuwçylaryň döredijilik ukyplaryny ösdürmeklerine, öz pikirlerini ýazuw üsti bilen özbaşdak beýan edip bilmek başarnyklaryny artdyrmaga ýardam edýär. Okuwçylaryň sözleýiş, ýazuw endikleriniň ösdürilmeginde edebi eser esasynda ýazylan düzmeleriň orny uludyr. Düzme ýazmak ünslüligi, pikiriňi logiki, aýdyň, janly, täsirli beýan etmegi başarmagy talap edýär. Meselem, gahrymanyň daş keşbini we içki dünýäsini, başga gahrymanlar bilen aragatnaşygyny, jemgyýet we tebigat bilen gatnaşygyny göz öňüne getirmän, düzme ýazmak mümkin däldir. Bu göz öňüne getirijilige täzeden döretmek diýseň hem bolar. Okuwçynyň täzeden döretmegi, ýagny göz öňüne getirijiligi näçe ýokary bolsa, şonça-da ol eseriň keşpleri ulgamyny dogry kabul edýär. Şunda okuwçylaryň täzeden döretmek başarnygyna ýokary baha berýäris we olaryň ýazmak, döretmek başarnyklaryny ösdürýäris. Edebi tema boýunça düzme ýazylanda, okuwçy eseriň manysyny, gahrymanlaryny göwnejaý özleşdirýär. Okuwçylaryň düzme ýazmak endigini ösdürmekde düzme ýazmaga taýýarlyk sapagynyň orny uludyr. Düzme ýazmaga taýýarlyk sapagynda mugallym okuwçylary düzmäniň temasy bilen tanyşdyrýar. Aýdaly, Şaly Kekilowyň «Kareliýa jeňňelinde» atly poemasy esasynda düzme ýazdyrylýar. Şonuň bilen birlikde, mugallym saýlanyp alnan temany näderejede özleşdirip bilendiklerini anyklamak üçin okuwçylar bilen sorag-jogap alyşýar. Mugallym okuwçylaryň ünsüni çekmek üçin ugrukdyryjy soraglar berýär we okuwçylary düzme ýazmaga taýýarlaýar. Okuwçylar bilen sorag-jogap alyşýan wagtymyzda görkezme esbaplardan, multimedia tagtasyndaky slaýdly şekillerden hem peýdalanýarys. Şeýle hem düzme ýazmakda sitatanyň orny, ony dogry saýlap almak barada mugallymyň maslahaty gerekdir. Şundan ugur alyp, okuwçylary sitata saýlamaga ugrukdyrýarys. Özi hem sitatanyň ýazylýan düzmäniň many-mazmunyna laýyk gelmelidigini düşündirýäris. Şeýlelikde, okuwçylar sowal-jogaplar boýunça düzmäniň meýilnamasyny düzýärler we pikirlerini yzygiderli beýan edýärler. Okuwçylaryň düzmäni sowatly ýazyp beýan etmegi, olaryň dil baýlyklaryny, sözleýiş başarnyklaryny ösdürýär. Kümüş BAÝRAMOWA, Kaka etrabyndaky 25-nji orta mekdebiň mugallymy
Baky bagtyýarlygyň beýany
Türkmenistan 35 ýyl mundan ozal özüniň Garaşsyzlygyny yglan edip, demokratik, hukuk we dünýewi döwlet gurluşyny saýlap aldy. Ýurdumyz şol taryhy wakadan soňra özygtyýarly hem-de erkin ösüş ýoluna gadam basdy we Garaşsyzlyk ýyllarynda ähli ulgamlar boýunça belent sepgitlere ýetdi. Munuň özi döwlet Garaşsyzlygymyzyň türkmen halkyna beren peşgeşidir. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe halkymyz hakynda aladany ilkinji nobatda goýýan Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallalary netijesinde döwletimiziň taryhyna altyn harplar bilen ýazylýan başlangyçlar durmuşa geçirilýär. Halkymyz bolelin durmuşyň, özbaşdaklygyň hözirini görüp ýaşaýar. Ýurdumyz barha kuwwatlanyp, halkymyzyň hal-ýagdaýy yzygiderli ýokarlanýar. Bu ugurda, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini has-da gowulandyrmakda, adamyň ömrüni we saglygyny goramakda, jemgyýetde sagdyn durmuş ýörelgelerini ornaşdyrmakda, ýurduň senagat we durmuş ulgamlaryny ösdürmekde, azyk bolçulygyny döretmekde, parahatçylygy we asudalygy pugtalandyrmakda, dost-doganlygy berkitmekde gazanylýan üstünlikler, halkara derejesinde ýetilen belent sepgitler örän guwandyryjydyr. Ähli ulgamlarda gazanylýan bu ösüşler halkymyzy täze zähmet üstünliklerine ruhlandyrýar. Garaşsyzlyk türkmen halkyny dünýä çykardy, onuň at-abraýyny, şan-şöhratyny, mertebesini, ruhy dünýäsini belende göterdi. Bu döwürde ýurduň, halkyň ykbaly bilen baglanyşykly islendik mesele iňňän oýlanyşykly, akylly-başly çözüldi. Garaşsyzlyk türkmene gurmaga we döretmäge giň mümkinçilikleri döretdi. Garaşsyzlyk ýyllary içinde Türkmenistan durnukly ösýän ýurtlaryň hataryna goşuldy. Beýleki ulgamlarda bolşy ýaly, ylym-bilim ulgamynda hem uly öňegidişlikler gazanyldy. Çünki Garaşsyzlyk ýyllary içinde ildeşlerimiziň dünýägaraýşy hem özgerdi we has kämilleşdi. Bagtyýar adamlar erkin we özbaşdak durmuşyň hözirini görüp, döredijilikli zähmet çekýärler. Bu bolsa milli ýörelgelerimize, eziz Watanymyza buýsanjy kemala getirýär. Häzirki ajaýyp döwrümizde halkyň azatlygynyň we erkinliginiň hem-de hak-hukuklarynyň doly goralmagyny üpjün etmek, ýurdumyzyň hukuk binýadynyň berkemegi, syýasy, ykdysady we medeni durmuşynyň gülläp ösmegi ugrunda netijeli işler durmuşa geçirilýär. Döwletiň, jemgyýetiň we şahsyýetiň özara sazlaşykly ösüşini gazanmakda, ilkinji nobatda, ruhy-ahlak taýdan kämil, ýokary aň-düşünjeli we beden taýdan sagdyn, döredijilikli zähmete ukyply şahsyýeti kemala getirmekde uly işler alnyp barylýar. Ýurdumyzy beýik ösüşlere beslemek babatdaky asylly maksatlaryň myrada ýetirilmegi halkymyzda egsilmez ruhlandyryjy güýji kemala getirdi. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe her bir ildeşimiz ýurdumyzyň parahatlygyndan, bagtyýar durmuşdan, beýik ösüşlerden ylham alýar. Ösüşlere öz mynasyp goşandyňy goşup, milli ýörelgelere eýermek, amal edilýän beýik işlere toplumlaýyn we sazlaşykly çemeleşmek, täzeçillik ýaly mukaddes ýörelgeleriň dabaralanmagy, üstünliklere beslenmegi bu gün biziň her birimizi döredijilikli zähmete ruhlandyrýar. Watanymyzyň beýik ösüşlerine bolan ýürek buýsanjymyzy artdyrýar. Garaşsyzlyk ata-babalarymyzyň arzuwlan ýoly bolup, Watanymyzy şöhratlandyrýan mukaddeslikdir. Bagtyýar halkymyz häzirki wagtda ata Watanymyzyň şanly Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygynyň baýramçylygyna mynasyp zähmet sowgatlary bilen barýar. Watanyň şöhratly geljegi, halkymyzyň asuda, bagtyýar durmuşy, ýaş nesliň sagdyn, döwrebap düşünjeli, päk ahlakly bolup ýetişmekleri babatdaky beýik başlangyçlar bu gün üstünliklere beslenýär. Eziz halkymyz Garaşsyzlygyň peşgeş eden bagtyýar zamanasynda çäksiz buýsanç duýgusy bilen ýaşaýar. Häzirki ajaýyp döwrümizde mukaddes Garaşsyzlygymyza, eziz Watanymyza tüýs ýürekden buýsanýarys. Sülgünjemal ORAZOWA, Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň mugallymy.
Döwletlilik ýörelgesiniň nusgasy
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe sazlaşykly ösýän türkmen jemgyýetiniň durmuşynda möhüm syýasy wakalaryň biri hem Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisidir. Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallalary netijesinde milli demokratiýamyz kämilleşdirilýär, döwrüň ösen ruhuna laýyk getirilýär. Ol döwürleriň we nesilleriň möhüm arabaglanyşygyny açyp görkezmekde, pederlerden dowam edýän asylly ýörelgeleriň pugta berjaý edilişini alamatlandyrmakda esasy ýörelge bolup hyzmat edýär. Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisi «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda türkmen döwletiniň durmuş-ykdysady, medeni taýdan ösüşini kesgitlemekde, il bähbitli, döwlet ähmiýetli işlere giňden nazar aýlamakda öňe ädilen möhüm ädimleriň biri bolar. Ata-babalarymyzdan gelýän ýörelgelere esaslanyp, halkymyzyň arzuw-islegleri öwrenilýär we beýan edilýär. Şeýle hem beýik işleri mundan beýläk-de giň gerim bilen durmuşa geçirmek boýunça öňde goýlan wezipeler mejlisde ara alnyp maslahatlaşylar. Ýurdumyzyň syýasy we ykdysady, medeni durmuşynda gazanylan üstünlikler, ýetilen belent sepgitler dogrusynda giňişleýin durlup geçiler. Eziz Watanymyzyň Garaşsyzlygyny berkitmekde, milli däp-dessurlarymyzy ösdürmekde, halkyň agzybirligini we asudalygyny pugtalandyrmakda, ýaş nesliň bilimli-terbiýeli bolmagynda uly işler alnyp barylýar. Bu işleri üstünlikli dowam etmekde hem agzybirlikli ýa-da agzybirlik bilen ýola goýlan başlangyçlar esasy ugur bolup durýar. Şunda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisiniň orny uludyr. Çünki mejlisde halkymyzyň teklipleri nazarda tutulýar we aýdyň maksatlar kesgitlenilýär. Garaşsyz, Bitarap ýurdumyzy bedew batly ösüşler bilen öňe alyp gitmek, halkyň medeni, ýaşaýyş-durmuş derejesini mundan beýläk hem ösdürmek, milli ýörelgeleri dowam etmek aýdyň wezipeler bolup durýar. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe röwşen geljegi nazarlaýan ýurdumyz uly ösüşlere beslenýär. Ýurdumyzyň bedew batly ösüşleri ata Watanymyzyň dünýädäki abraý-mertebesini, şöhratyny artdyrýar. Türkmen jemgyýetiniň kämil görnüşiniň kemala getirilmegi üçin durmuşa ornaşdyrylýan işler, ýurduň we sebitiň ösüşine itergi berýän ajaýyp başlangyçlar halkymyzda Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza bolan buýsanjy artdyrýar. Häzirki ajaýyp döwrümizde ýurdumyzda ähli ugurlar boýunça uly üstünlikler gazanylyp, belent sepgitlere ýetilýär. Garaşsyz, Bitarap Türkmenistan dünýäde çalt depginler bilen ösýän ýurt hökmünde giňden tanalýar. Goý, mähriban türkmen halkynyň bagtyýar geljegi ugrunda ägirt uly işleri durmuşa geçirýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak, il-ýurt bähbitli işleri hemişe rowaç bolsun! Aýjahan AMANOWA, Babadaýhan etrabyndaky 15-nji orta mekdebiň mugallymy.
Garaşsyzlyk bagynyň bilbilleri
Baýramdurdy ÇARYÝEW,Oguzhan etrabyndaky 11-nji orta mekdebiň 5-nji synp okuwçysy: — Garaşsyzlyk baýramynyň 35 ýyllyk şanly senesiniň öňüsyrasynda geçirilen bu bäsleşikde ýeňiji bolup, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň gymmat bahaly sowgatlaryna mynasyp bolmak uly üstünliklere höweslendirýär. Bäsleşigiň jemleýji tapgyrynda men «Şowhun» çagalar tans topary bilen «Gyratym» aýdymyny ýerine ýetirdim. Meni aýdym-saza imrindiren, bu sungatyň inçe syrlaryny öwredýän halypa mugallymlaryma köp sagbolsun aýdýaryn. Mundan beýläk-de ajaýyp aýdymlarymyz bilen Watanymyzy wasp edip, beýik ösüşlerimize goşandymyzy goşmakda yhlasymyzy gaýgyrmarys. Taýýarlan Aýşirin DÖWLETOWA, «Nesil».
Garaşsyzlyk bagynyň bilbilleri
Aýna DÖWLETÝAROWA,Dänew etrabyndaky 2-nji orta mekdebiň 5-nji synp okuwçysy: — Biz Watany söýmegi Gahryman Arkadagymyzdan, Arkadagly Gahryman Serdarymyzdan öwrenýäris. Bagtyýar nesilleriň buýsanjy Arkadagly Gahryman Serdarymyz: «Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!» diýýär. Biz hem öz gezegimizde gowy okap, Watanymyzy wasp edip, eziz Diýarymyzyň saýrak bilbilleri bolup ýetişeris. Owadan bezelen sahnada çykyş etmek we ýeňiji bolmak geljekki döredijilik bäsleşiklerinde üstünliklere, arzyly maksatlaryma ýetmäge ruhlandyrýar.
Garaşsyzlyk bagynyň bilbilleri
Hudaýberdi HOJABERDIÝEW,Görogly etrabyndaky 17-nji orta mekdebiň 7-nji synp okuwçysy: — Elkyssa, haýyr, ýagşy. «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylymyzda dünýäni haýrana goýup, bagy-bossan, jennet mekan, her güni bir dessan, güller açýan Watanymyzyň goýnunda Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň Şa sowgatlaryna mynasyp bolup, arassa, päk çaga kalbym joşa gelip, Watanymyzy wasp edip, bir nama aýdar boldum: Äleme uzaýar dostluk ýollary,Birleşdirdi milletleri, illeri.Dünýäň ykrar eden Milli Lideri —Pähim-parasatly Howandarym bar!
Garaşsyzlyk bagynyň bilbilleri
Sary AMANOW,Gyzylarbat etrabyndaky 26-njy orta mekdebiň 7-nji synp okuwçysy: — Bu gün meniň ýüregim Awazanyň tolkunlary ýaly joşa gelýär. Ine-de, men köp wagt bäri arzuwlap ýören arzyly maksadyma ýetdim. Garaşsyzlygyň merjen dänesi bolup, şeýle uly sahnalarda çykyş etmek ähli deň-duşlarym üçin ýatdan çykmajak pursatlardyr. Bäsleşigiň jemleýji tapgyrynda «Ruhubelent çagalar» tans topary bilen «Sport — sagdynlyk» atly aýdymy ýerine ýetirdim. Bu gün bolsa arzuwlarymyz wysalyna gowuşdy. Bize döwletli döwrany döredip berýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyşlarymyz çäksizdir.
Garaşsyzlyk bagynyň bilbilleri
Leýla ÇARYÝEWA,Kaka etrabyndaky 10-njy orta mekdebiň 8-nji synp okuwçysy: — Aýdymçy çagalaryň her ýyl sabyrsyzlyk bilen garaşýan ajaýyp bäsleşiginde ýeňiji bolup, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň Şa serpaýyna mynasyp bolmak bagty meniňem nesibämde bardygyna diýseň begenýärin. Eziz Arkadagymyz bize hemişe gowy okamagy, öwrenmegi, geljekde Watanyň daýanjy bolup ýetişmegimizi ündeýär. Çagalar üçin edilýän atalyk aladalary biz her pursatda duýup ýaşaýarys. Biz — bagtly döwrüň bagtyýar nesilleri. Ýeňiji bolan ähli deň-duşlarymy gutlaýaryn.
Garaşsyzlyk bagynyň bilbilleri
Allanazar ANNAGELDIÝEW,Arkadag şäherindäki iňlis dili dersine ýöriteleşdirilen 3-nji orta mekdebiň 8-nji synp okuwçysy: — «Garaşsyzlygyň merjen däneleri» bäsleşiginde Arkadag şäheriniň birleşen çagalar tans topary bilen «Alkyş Size, Arkadag!» aýdymyny ýerine ýetirdim. Gahryman Arkadagymyzyň ajaýyp eseri bolan Arkadag şäheriniň adyndan çykyş edip, ýeňiji bolmak meniň üçin iň uly buýsanç. Arkadag şäheri — bagtyň şäheri. Arkadag şäheri — geljegiň şäheri. Biz — ýaş nesiller bolsa, jennet ýaly ýurdumyzyň bagtyýarlygyny wasp edýän saýrak bilbilleri. Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag bolsun, alyp barýan tutumly işleri hemişe rowaç alsyn!
Garaşsyzlyk bagynyň bilbilleri
Nurgözel BERDIÝEWA,Aşgabat şäherindäki 99-njy orta mekdebiň 4-nji synp okuwçysy: — Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy esasynda, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň saýasynda zehinli çagalaryň arasynda her ýyl geçirilýän «Garaşsyzlygyň merjen däneleri» atly şowhunly bäsleşigiň ýeňijisi bolmak bagty maňa-da nesip etdi. «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda çykyş edip, ýurdumyzyň baş baýramyna sowgatly gelmek çaga ýüregimde uly joşgun döredýär. Alkyşlarym goşgy setirlere, aýdymdyr sazlara öwrülýär. Bize ajaýyp zamanany peşgeş beren Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun!
Garaşsyzlyk bagynyň bilbilleri
9-njy sentýabrda Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň «Nowruz ýaýlasyndaky» «Türkmeniň ak öýi» binasynda mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllygy mynasybetli zehinli çagalaryň arasynda «Garaşsyzlygyň merjen däneleri» bäsleşigine gatnaşyjylaryň jemleýji konserti uly şatlyk-şowhuna beslenip geçirildi. Bu ajaýyp baýramçylyk ýurdumyzyň bagtyýar çagalygyň mekanydygyny ýene bir ýola aýdyň görkezdi. Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň Altyn asyry» baýragyny almak ugrundaky bäsleşiginiň çäklerinde ýaş nesliň wekilleriniň arasynda ýylyň-ýylyna geçirilýän bu döredijilik festiwalyna ýurdumyzyň ähli künjeklerinden etrap, şäher we welaýat tapgyrlarynda ýeňiji bolan zehinli çagalar gatnaşdylar. Gazetimiziň şu sanynda bäsleşigiň ýeňijileriniň ýürek buýsançlaryny okyjylarymyza ýetirmegi makul bildik.
Milli gymmatlyklarymyzyň belent waspy
Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň «Türkmeniň buýsanjy» atly täze şygrynda öz aýdyň beýanyny tapýar Her halkyň taryhy geçmişi, milli gymmatlyklary şu güne ynam, geljege ganat berýär. Şoňa görä-de, hormatly Prezidentimiziň «Türkmeniň buýsanjy» atly täze şygry: «Beýik taryh — beýik geljege binýat» diýen setir bilen başlanýar. Elbetde, geçmişe, milli gymmatlyklara hormat goýulýan, taryhdan sapak alynýan ýerde ýaş nesillerde watansöýüjilik duýgusynyň belent boljakdygy, ýokary ahlaga eýe, şeýle hem döwlete, jemgyýete, maşgala wepaly ýaşlaryň ýetişjekdigi, ata Watanymyzyň ösüşlerden-ösüşlere rowana boljakdygy öz-özünden düşnüklidir. GEÇMIŞE BUÝSANÇ, ŞU GÜNE YNAM, GELJEGE GANAT Jemgyýetiň durmuşyna oňyn täsirini ýetiren, zerurlyk bolan zatlar asyrlardyr müňýyllyklar aýlanyp, soňlugy bilen, medeni gymmatlyk derejesine eýe bolýar. Halk arasynda şol gymmatlyklar bilen bagly aýtgylardyr pähimler döreýär. Hut şundan ugur alnyp, häzirki wagtda Gahryman Arkadagymyzyň nusgalyk başlangyçlaryny üstünlikli dowam etdirýän Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda milli gymmatlyklarymyzy giňden wagyz etmek boýunça maksadalaýyk we tutanýerli işler durmuşa geçirilýär. Şu jähetden, döwlet Baştutanymyzyň «Türkmeniň buýsanjy» atly täze şygry we onda üç medeni gymmatlygyň — behişdi bedewlerimiziň, nepis halylarymyzyň, wepaly alabaýlarymyzyň waspynyň belentden ýetirilmegi türkmen halkynyň müňýyllyklaryň dowamynda apalap, sünnäläp kemala getiren gymmatlyklarynyň tutuş dünýä ýaýylmagyna, ýaş nesillerde milli aýratynlyklara ygrarlylygyň terbiýelenmegine, milli buýsanjyň berkidilmegine ýardam edýär. «BEDEW RUHY AHWALYDYR TÜRKMENIŇ» Ýyllary ýyndam atyň toýnagyna deňän şahyr mamla. Minutlar-sagatlar, günler-aýlar, ýyllar-asyrlar, asyl, heňňamyň özi-de bedew tizligi bilen öňe barýar. Geçmişden geljege barýan, «döwür» diýip atlandyrýan wagt giňişligimizde jilt-jilt seneler — taryh ýazylýar. Döwletleriň, halklaryň, beýik wakalaryň, dünýä akymyny özgerden şahsyýetleriň... taryhy. Taryh arkaly geçmişe gaýybana syýahat edýäris, düýnümizi öwrenýäris, şu günümize düşünmäge, geljegiň ýoluny dogry ugra gönükdirmäge çalyşýarys. Gatbar-gatbar sahypalary agdaryp oturyşyňa, bir ajaýyp gudrata gözüň düşýär: ol türkmeniň ynsan gylykly dal bedewi. Bedew — taryh. Bedew — türkmen ruhunyň howalasy. Bedew — goç ýigidiň gardaşy. Bedew — Garaşsyz türkmen döwletiniň ösüşleriniň nyşany. At myratdyr, at ganatdyr türkmende,Ol kämillik kemalydyr türkmeniň. «Türkmeniň buýsanjy» atly täze şygyrdaky setirlerden görnüşi ýaly, bedew at türkmen paýhasynyň, kämilliginiň kemal tapmasydyr. Şoňa görä-de, bedew görende türkmeniň göwni galpyldaýar, göge göterilýär. Milli Liderimiz: «At — türkmen üçin hemme zat. Bu geçmişde-de, şu günlerem şeýle» diýýär. Muňa türkmen ruhunyň howalasy, kämillik kemaly diýmän, eýsem, näme diýjek?! «NEPIS HALY — EÝÝAMLARYŇ MIRASY» Türkmen halylary naýbaşy sungat eseridir, eýýamlaryň mirasydyr. Asyrlaryň dowamynda gözelligi we nepisligi bilen dünýäni haýrana goýup gelýän halylarymyz türkmen zenanlarynyň el hünäriniň hem-de kalbynyň mähir-yhlasynyň miwesidir. Döwlet Baştutanymyz täze şygrynda şeýle belleýär: Nepis haly — eýýamlaryň mirasy,Şanly ömür beýanydyr türkmeniň. Dogrudan-da, halylaryň ýüzündäki her bir gölde, her bir çitimde, her bir reňk öwüşgininde halkymyzyň geçen taryhy ýoly, dünýägaraýşy, filosofiýasy öz mynasyp beýanyny tapypdyr. Şu nukdaýnazardan, ýurdumyzda halyçylyk sungatyna döwlet derejesinde aýratyn üns berilýär. Türkmen bedewiniň milli baýramy, Türkmen alabaýynyň baýramy bilen bir hatarda, Türkmen halysynyň baýramynyň her ýylda dabaraly bellenilmegi munuň aýdyň mysalydyr. Şeýle-de haly gölleri Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyzyň döwlet nyşanlarynyň esasy bezegine öwrülip, türkmen halkynyň agzybirligini, bitewüligini, ata-babalarymyzyň wesýetlerine ygrarlylygyny alamatlandyrýar. Bu bolsa türkmen halysynyň diňe bir durmuş esbaby däl-de, eýsem, döwletlilik derejesine göterilen mukaddeslikdigini subut edýär. «WEPALY ALABAÝ — DOSTLUGYŇ KEŞBI» Gahryman Arkadagymyz «Türkmen alabaýy» atly kitabynda: «Alabaý ata-babalarymyzyň döreden milli gymmatlygydyr, ony gorap saklamak, ähli ajaýyplygy bilen geljek nesillerimize ýetirmek biziň borjumyzdyr» diýip belleýär. Sebäbi paýhasly pederlerimiz seçgiçilik işiniň gaýtalanmajak nusgasyny — wepaly alabaýlary dünýä bagyş etmek bilen çäklenmän, olarda iň gowy häsiýetleri terbiýelemek we kämilleşdirmek arkaly gadymy tohumy kemala getiripdirler. Eždatlarymyz alabaýlaryň arassa ganlylygyny, onuň genofonduny ýüzýyllyklaryň dowamynda gorap saklapdyrlar. Alabaýlar bu gün wepalylygyň, dostlugyň, ýeňşiň, üstünligiň nyşanyna öwrüldi. Şoňa görä-de, hormatly Prezidentimiz täze şygrynda wepaly alabaýlary şahyranalyk bilen şeýle wasp edýär: Asyrlaryň uzak menzilin geçdi,Hemişelik hemrasydyr türkmeniň. Häzirki döwürde biz halkymyzyň bahasyz gymmatlygy bolan ajaýyp alabaý tohumynyň şan-şöhratynyň belende galýandygynyň şaýady bolýarys. Munuň özi türkmeniň dünýä beren milli gymmatlyklaryna bolan buýsanjyňy artdyrýar. * * * Taryhy tejribäni, kämil durmuş filosofiýasyny özünde jemleýän milli gymmatlyklarymyz döwürleriň we nesilleriň arasyndaky aýrylmaz arabaglanyşygy üpjün edip, ýaş nesilleri watançylyk ruhunda terbiýelemekde aýratyn orun eýeleýär. Şundan ugur alsak, döwlet Baştutanymyzyň «Türkmeniň buýsanjy» atly täze şygry mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllygynyň giňden dabaralandyrylýan «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda aýratyn many-mazmuna eýe bolup, medeni gymmatlyklarymyzyň bütin dünýä wagyz edilýändiginiň, geljekki nesillerimiz üçin aýalyp saklanylýandygynyň, döwletlilik ýolunyň mynasyp dowamatlydygynyň aýdyň nyşanydyr. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň belleýşi ýaly: Halkyň göwni bolup gülleýär zaman,Ol dowamat-dowamydyr türkmeniň. Kakajan ÇARYÝAROW, Hydyr Derýaýew adyndaky Mugallymçylyk mekdebiniň pedagogika we psihologiýa mugallymy, «Nesil».
Бесценные ориентиры для поколений
Общий урок, проведённый Национальным Лидером туркменского народа, Председателем Халк Маслахаты Туркменистана Героем-Аркадагом по случаю Дня знаний и студенческой молодёжи, стал прекрасным воплощением свершений, направленных на счастливое будущее подрастающего поколения. Глубокую символическую и практическую значимость имеет то, что общий урок был проведён в «умном» городе Аркадаг. Этот город по праву является городом знаний, юности и вдохновенной молодёжи. Лекция Героя-Аркадага вобрала в себя всю глубину славной летописи нашей независимой Отчизны, смысл сегодняшних свершений и грандиозность целей завтрашнего дня. На конкретных примерах Герой-Аркадаг раскрыл величественный и образцовый путь туркменского народа, показал глубокие истоки наших традиций, обычаев и художественного наследия, напомнив о древних туркменских государствах, великих учёных-энциклопедистах и исторических личностях, явивших высочайший пример патриотизма. В своём выступлении Герой-Аркадаг сформулировал целостную концепцию воспитания, в основе которой чётко определены четыре стержня нравственности туркменского народа: патриотизм, гуманизм, трудолюбие и стремление к знаниям, духовная чистота, честь и моральное достоинство. В научной концепции нравственного воспитания категория патриотизма выступает как высший уровень духовно-нравственной зрелости личности, определяющий социальную ответственность граждан перед государством и обществом. На общем уроке Национальный Лидер Герой-Аркадаг определил патриотизм в качестве первого и ключевого ориентира для подрастающего поколения. Подчёркивая стратегическую важность формирования этого качества в юношеском возрасте, Герой-Аркадаг отметил, что любовь к Родине – для молодых обретает особый смысл, именно в пору юности зарождаются любовь к Отечеству и гордость за свою страну, приходит понимание того, как важно верно и достойно служить ей. С точки зрения туркменской этнопедагогики, воспитание патриотизма всегда опиралось на преемственность поколений, глубинную связь с родной землёй и уважение к исторической памяти. В наставлениях Героя-Аркадага эта традиция получает всестороннее обоснование. Гражданско-патриотический вектор в этнопедагогике туркмен не разрывен с осмыслением героического наследия предков. Выступая перед молодёжью, Национальный Лидер обратил особое внимание на такие выдающиеся исторические личности, как Огуз хан, Тогрул бег, Чагры бег, Алп Арслан, Джелаледдин Менбурун, а также царицы Томирис и Тюрябек ханум, в качестве идеальных примеров служения Родине. Эти исторические личности показывают юношам и девушкам, что мужество, доблесть, справедливое управление и верность Отчизне выступают исконными свойствами туркменского характера. Важнейшей составляющей патриотического воспитания является идеология единства и сплочённости нации, имеющая глубокие литературно-философские истоки. Единство народа, уважение друг к другу и сплочённость вокруг высоких государственных целей выступают гарантом сохранения независимости и нейтралитета Туркменистана. Особое место в концепции патриотического воспитания Национального Лидера занимает краеведческий и археолого-исторический аспект. В этнопедагогике познание истории собственного народа является прямо пропорциональным уровню развития патриотического сознания. Герой-Аркадаг выдвинул важнейший методологический принцип: «Чтобы любить Родину и свой народ, нужно глубоко изучать славное прошлое». Историко-культурные центры древней туркменской земли – Джейтун, Анау, Маргуш, Дехистан, Ургенч – представляют собой уникальный пример для формирования у молодёжи чувства национальной гордости. Опора на фундаментальные археологические открытия, сделанные мировыми и отечественными учёными, показывает подрастающему поколению великий вклад туркменского народа в развитие мировой цивилизации, превращая исторические знания в прочную основу патриотического мировоззрения. Логическим продолжением и неотъемлемой основой патриотического сознания выступает гуманизм – ключевой нравственный ориентир в системе, сформулированной Героем-Аркадагом, связывающий тысячелетний этнопедагогический опыт туркменского народа с современным гуманистическим курсом независимого нейтрального Туркменистана. В народной педагогике туркмен гуманизм – это практическое проявление высочайшего уважения к человеку. В своём наставлении Национальный Лидер прямо указывает на то, что духовная зрелость раскрывается именно через гуманистические качества, и гуманизм образует фундамент национальной ментальности. Сформировавшиеся на протяжении тысячелетий открытость, миролюбие и уважение к чужому мнению стали той основой, которая позволила туркменскому народу не только выстроить гармоничные отношения внутри общества, но и создать прочные традиции добрососедства. Обращаясь к истокам нравственности, Национальный Лидер указывает на богатейший опыт национальной школы воспитания и даёт высокую оценку литературно-фольклорному наследию, подчеркнув, что «Такие произведения, как «Oguznama», «Gorkut ata», «Görogly», «Şasenem–Garyp», «Zöhre–Tahyr», «Saýatly–Hemra», составляют неисчерпаемое духовное достояние нации». В этих памятниках словесности заложен глубочайший этнопедагогический потенциал. На протяжении многих веков они выступали не просто как художественные творения, а как действенный инструмент воспитания человека с открытой душой, высоким чувством справедливости и сострадания. В них раскрываются различные грани гуманизма. В эпосе «Oguznama» гуманизм проявляется через идею справедливого государственного устройства, защиты слабых, гостеприимства и заботы правителя о народном благе как о высшем долге. В эпосе «Gorkut ata» гуманизм зафиксирован в непреложных этических нормах: милосердии к побеждённому, помощи нуждающимся и защите человеческого достоинства. В эпосе «Görogly» высокое человеколюбие сочетается с благородством, верностью слову, защитой обездоленных и стремлением к мирному согласию между народами. В дестанах «Şasenem–Garyp», «Zöhre–Tahyr» и «Saýatly–Hemra» идея гуманизма раскрывается через верность моральным идеалам, уважение к духовному миру личности, искренность чувств и преодоление социальной несправедливости с помощью силы духа, поэтического слова и нравственной чистоты. Герой-Аркадаг через эти произведения раскрывает духовно-просветительскую традицию, в которой гуманизм выступает главным нравственным ориентиром туркменского характера. В туркменской традиционной педагогике трудовое и умственное воспитание никогда не разделялись, образуя органическое единство, где практическая деятельность закаляет характер, а освоение наук дарует мудрость и социальную ответственность. На общем уроке Национальный Лидер Герой-Аркадаг раскрыл это взаимодействие, показав его ключевое значение для гармоничного становления подрастающего поколения. Созидательная деятельность в наставлениях Героя-Аркадага осмысливается как первооснова человеческого достоинства и фундамент благополучия государства. Опираясь на народные пословицы, Национальный Лидер подчёркивает, что раннее приобщение к полезному делу прививает молодёжи уважение к чужим достижениям и осознание долга перед Отчизной, выступая эффективным барьером против праздности. Параллельно с практической подготовкой в концепции Национального Лидера утверждается высокая ценность просвещения. «У мудрости нет цены, у воспитания – предела». В этом заключён важный педагогический ориентир: знание должно быть осмыслено и направлено на созидательные цели. Обосновывая научный потенциал нации, Национальный Лидер выстраивает непрерывную линию преемственности отечественной мысли. Упоминание имён великих энциклопедистов Востока – Мухаммеда Хорезми, Абу Рейхана Бируни, Ибн Сины, Махмыта Кашгарлы, Махмыта Замахшары – служит для молодого поколения наглядным подтверждением глубоких интеллектуальных традиций народа и стимулом к академическому поиску. При этом традиционные ценности просвещения в наставлениях Героя-Аркадага органично соотнесены с вызовами XXI века. Формулируя задачи системы образования, Национальный Лидер указывает на необходимость синтеза этнопедагогического опыта и передовых инноваций. Освоение искусственного интеллекта, развитие концепции «умного общества», создание научно-образовательных кластеров и интеграция цифровых технологий рассматриваются как условия конкурентоспособности страны. При этом Герой-Аркадаг особо подчёркивает: технологический прогресс должен опираться на нравственную зрелость, духовную чистоту и верность национальным истокам. В педагогической системе Героя-Аркадага союз трудового воспитания и науки выступает мощным ресурсом формирования эрудированного и духовно зрелого поколения, готового к активному участию в развитии государства. Нравственный каркас семейного воспитания держится на безусловном родительском авторитете и глубоком почитании старшего поколения. Герой-Аркадаг приводит фундаментальные народные формулы, отражающие святость сыновнего и дочернего долга: «Моя мать – моя Кааба, мой отец – моя Кибла», «Любящий отца – любит и Родину». Высоким эмоционально-педагогическим примером в выступлении Национального Лидера выступают его личные воспоминания о дедушке – великом учителе Бердымухамеде Аннаеве, а также о поэтических и жизненных уроках отца Мяликгулы Бердымухамедова. Особое место в духовно-нравственной системе отведено институту наставничества и педагогической этике. Напоминая о ключевой миссии педагога в современном обществе, Герой-Аркадаг цитирует народную мудрость: «Учителю, научившему тебя хотя бы одной букве, сорок дней кланяйся». Национальный Лидер подчёркивает, что учитель – это духовный ориентир, обладающий мудростью, справедливостью, высочайшей лекторской культурой и безграничным уважением к личности каждого ученика. В традиционном этикете «türkmençilik» особое значение придаётся гендерным категориям воспитания: чести и скромности девушки, благородству и доблести юноши. Доброжелательность, сдержанность в словах, чистота помыслов, вежливость и уважение к окружающим выступают естественными нормами поведения, формирующими гармоничную социальную среду. Духовная чистота, честь и моральное достоинство в концепции Героя-Аркадага составляют целостную систему нравственного воспитания. Выступление Национального Лидера туркменского народа, Председателя Халк Маслахаты Туркменистана Героя-Аркадага на общем уроке представляет собой не просто программное педагогическое обращение, а фундаментальную научно-философскую концепцию воспитания личности в эру Возрождения новой эпохи могущественного государства. Научное осмысление предложенных Национальным Лидером четырёх ключевых стержней нравственности – патриотизма, гуманизма, трудолюбия и стремления к знаниям, а также духовной чистоты и морального достоинства – позволяет сделать вывод о формировании в современном Туркменистане целостной, высокоэффективной национальной модели педагогики. Главная научно-теоретическая и практическая ценность этой системы заключается в её уникальном синтезе: вековой этнопедагогический опыт туркменского народа, кристаллизованный в понятии «türkmençilik», органично интегрирован с вызовами инновационного развития XXI века, требованиями цифровизации и концепцией «умного общества». Заветы великих предков, героическое наследие защитников Отчизны, интеллектуальный гений учёных-энциклопедистов и высочайшая культура семейных ценностей выступают действенным инструментарием воспитательного процесса. Для современной научной мысли и образовательной практики Туркменистана концептуальные положения Героя-Аркадага задают чёткий методический вектор. Формирование у молодёжи искренней любви к Родине, глубокого уважения к человеку, преданности науке и неукоснительного следования нормам чести и достоинства гарантирует неразрывность исторической связи поколений. Мудрые наставления Героя-Аркадага, озвученные на общем уроке, образуют прочный духовно-нравственный фундамент, на котором возводится будущее независимого нейтрального Туркменистана. Внедрение этих концептуальных идей в практику образования служит надёжной основой того, что молодёжь страны вырастет духовно крепкой, высокоинтеллектуальной, гармонично развитой и готовой к новым созидательным свершениям во имя процветания Отчизны. Наставления и фундаментальные концептуальные ориентиры, озвученные Национальным Лидером туркменского народа Героем-Аркадагом, охватили ключевые вопросы национального развития. Этот урок стал не просто напутствием счастливой молодёжи, но и фундаментальным стратегическим руководством, определяющим векторы поступательного развития системы науки и образования и всего общества на перспективу. Представители сферы образования, опираясь на фундаментальные основы национальной педагогической науки и устремляясь вперёд по пути прогресса, определённому Героем-Аркадагом и уважаемым Президентом Аркадаглы Героем Сердаром, будут в полном объёме внедрять эти педагогические, напутственные наставления и советы в учебно-воспитательную, научно-теоретическую, практическую и методическую деятельность. Марал АННАГУЛЫЕВА, директор Педагогической школы имени Хыдыра Деряева г.Мары, кандидат педагогических наук.
Dünýä ýol açýan gymmatlyk
Hormatly Prezidentimiziň belleýşi ýaly, bütin adamzadyň we ähli döwürleriň iň gymmatly baýlygy bilimdir. Şundan ugur alyp, türkmen halky hem öz şöhratly taryhynyň bütin dowamynda ylma-bilime aýratyn sarpa goýup, umumadamzat gymmatlyklaryna mynasyp goşant goşup gelýär. Ösüşleriň nusgalyk ýoly bilen ynamly öňe barýan ýurdumyzda milli tejribelerimize eýerip, şeýle-de dünýäniň öňdebaryjy gazananlaryna daýanyp, milli bilim ulgamyny özgertmek ugrundaky döwlet maksatnamalary üstünlikli durmuşa geçirilýär. Şunda ýaşlara daşary ýurt dillerini öwretmegi kämilleşdirmek meselesine-de aýratyn üns berilýär. Çünki dile diňe bir medeniýetara aragatnaşygyň serişdesi hökmünde däl, eýsem, ylmy-tehniki ösüşiň, hünär ussatlygynyň, işgärleriň hünär taýýarlygyny ýokarlandyrmagyň, Garaşsyz Watanymyzyň halkara mümkinçiliklerini giňeltmegiň hem möhüm şerti hökmünde garalýar. Gahryman Arkadagymyz 2-nji sentýabrda Arkadag şäheriniň Ruhyýet köşgünde geçiren umumy sapagynda bu ugurda gymmatly pikir-garaýyşlaryny paýlaşdy. Mälim bolşy ýaly, «Türkmenistanda daşary ýurt dillerini okatmagy kämilleşdirmegiň Konsepsiýasy» üç tapgyrda amala aşyryldy hem-de orta mekdeplerden we ýöriteleşdirilen bilim edaralaryndan başlap, ýokary bilim hem-de hünärmenleri gaýtadan taýýarlamak ulgamlaryna çenli bilim bermegiň ähli basgançaklarynda berk dowamlylygy üpjün edýän, bitewi, ylmy taýdan esaslandyrylan, logiki taýdan gurlan dil bilim ulgamynyň döredilmegine getirdi. Täzelenen okuw kitaplarydyr gollanmalar taýýarlanylyp, neşir edildi, türkmen dilinde we Birleşen Milletler Guramasynyň esasy dillerinde elektron sözlükler, maglumat kitapçalary, mobil programmalar işlenip düzüldi. Dil halklary ýakynlaşdyrýan, dost-doganlygy berkidýän, dürli halklaryň medeni mirasyny öwrenmäge mümkinçilik berýän gymmatlykdyr. Milli Liderimiz ýaşlaryň öňünde geçen watançylyk sapagynda Mahmyt Kaşgarly, Mahmyt Zamahşary ýaly beýik dilçi alymlaryň öz dil baýlyklary arkaly halklaryň arasynda ylmyň, edebiýatyň, medeniýetiň arabaglanyşygyny üpjün edendiklerine, şoňa görä, ýaş nesilleriň pederlerimiziň bu asylly ýoluny dowam etdirmeginiň wajyp wezipe bolup durýandygyna ünsi çekdi. Döwlet dilimiz bolan türkmen dili halkymyzyň milli özboluşlylygyny, taryhyny, ruhy baýlygyny özünde jemleýär. Şol bir wagtyň özünde daşary ýurt dillerini öwrenmek hem ýaşlaryň bilim mümkinçiliklerini giňeldýär. Pederlerimiziň «Dil bilen — dana, dil bilmeýän — diwana», «Dil — akylyň açary», «Dil bilen dünýäni gezer» diýen halk pähimleri-de dil bilmegiň ähmiýetini aýdyň beýan edýär. Häzirki döwürde daşary ýurt dillerini bilmek diňe bir aragatnaşyk serişdesi bolman, ylym-bilim, täze tehnologiýalar, halkara hyzmatdaşlyk üçin hem zerur şertdir. Gahryman Arkadagymyz we Arkadagly Gahryman Serdarymyz hemişe türkmen ýaşlarynyň döwrüň ylmy-tehniki ösüşlerinden baş çykarmalydygyny, innowasion barlaglara işjeň gatnaşmalydygyny, täze tehnologiýalary özleşdirmelidigini nygtaýarlar. Daşary ýurt dillerini bilmek bolsa dünýäniň bilim we maglumat giňişligine çykmak üçin giň mümkinçilikleri açýar. Şu nukdaýnazardan, Türkmenistanda ýaşlaryň daşary ýurt dillerini içgin öwrenmegi üçin ähli zerur şertler döredilýär. Daşary ýurt dillerini okatmagyň döwrebap usullarynyň ornaşdyrylmagy, mugallymlaryň hünär derejesiniň ýokarlandyrylmagy, okuwçylaryň arasynda dil bäsleşikleriniň, olimpiadalaryň geçirilmegi bu ugurdaky işleriň möhüm bölegidir. Şeýle çäreler, şol sanda Milli Liderimiziň gymmatly öwüt-nesihatlary ýaşlaryň dil öwrenmäge höwesini artdyryp, olaryň bilimini, döredijilik ukyplaryny ösdürmäge hem ýardam edýär. Aýsoltan GURBANBAÝEWA, Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň mugallymy.
Dostlukdan — hyzmatdaşlyga, hyzmatdaşlykdan — täze mümkinçiliklere
Geçmişde Gündogar bilen Günbatary birleşdiren Beýik Ýüpek ýolunyň diňe bir özara bähbitli söwda geçelgesi bolman, eýsem, giň gerimli medeni gatnaşyklaryň hem köprüsi bolandygy mälimdir. Häzirki wagtda Türkmenistan we Hytaý bu özboluşly tejribäniň mirasdüşerleri hökmünde dostlukly gatnaşyklaryň dowamatlylygyny üpjün edýärler. Şunda bilim ulgamyndaky hyzmatdaşlyga aýratyn ähmiýet berilýär. Golaýda Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň wekiliýetiniň Pekin şäherine amala aşyran iş sapary hem netijeli duşuşyklara, täze başlangyçlara baý boldy. Soňky ýyllarda Türkmenistan ýaş nesillere dünýä derejesinde bilim bermek, daşary ýurt dillerini öwretmegiň döwrebap usullaryny giňden ornaşdyrmak bilen bir hatarda, halkara bilim giňişliginde hyzmatdaşlygy ösdürmäge aýratyn ähmiýet berýär. Şu nukdaýnazardan, ýaşlara hytaý diliniň öwredilmegi, hytaý medeniýetiniň giňden tanadylmagy, türkmen we hytaý ýaşlarynyň arasynda akademiki gatnaşyklary ösdürmek derwaýys ugurlaryň biri bolup durýar. Häzirki wagta çenli Türkmenistan bilen Hytaýyň arasynda bilim ulgamyna degişli dürli mazmunly ylalaşyklaryň 30-a golaýy hereket edýär. Ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň 9-synda müňe golaý talyp, orta mekdepleriň 10-synda bolsa 6 müň 200 okuwçy hytaý dilini öwrenýär. Hytaýyň bilim ojaklarynda 10 müň töweregi türkmen raýaty dürli hünärler boýunça bilim alýar. Şolaryň 350-si hökümetara ylalaşyklar esasynda okaýan ýaşlardyr. Ýeri gelende, Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde, Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynda dostlukly ýurtdan gelen mugallymlaryň ýaşlara hytaý dilini öwredýändiklerini bellemek gerek. Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetinde-de 2024 — 2026-njy ýyllarda Hytaý dil bilimi we hyzmatdaşlyk merkezi tarapyndan hytaý dili mugallymy Guo Leýiň zähmet çekmegi bu ugurdaky hyzmatdaşlygyň oňyn mysallarynyň birine öwrüldi. Onuň uniwersitetde alyp baran okuw we mugallymçylyk işiniň netijeleri, talyplaryň hytaý diline bolan gyzyklanmasynyň artmagyna goşan goşandy aýratyn nygtalmaga mynasypdyr. Biziň Pekine amala aşyran saparymyzyň maksady hem bilim ulgamynda türkmen-hytaý hyzmatdaşlygyny ösdürmegiň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşmakdan, öňde durýan wajyp wezipeleri durmuşa geçirmekden ybarat boldy. Iş saparynyň dowamynda Hytaý dil bilimi we hyzmatdaşlyk merkeziniň ýolbaşçylary bilen gepleşikler geçirilip, olarda Türkmenistanyň bilim ulgamynda amala aşyrylýan giň gerimli özgertmeler, ýokary okuw mekdeplerinde daşary ýurt dillerini, şol sanda hytaý dilini öwretmegiň häzirki zaman usullary barada giňişleýin pikir alşyldy. Duşuşykda agzalan merkeziň baş direktorynyň orunbasary Ýang Žou hem-de merkeziň bölüm müdirleri bilen hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýy we geljekki ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy. Iki ýurduň arasynda ýokary derejede ösdürilýän strategik hyzmatdaşlygyň bilim ulgamynda hem öz oňyn netijelerini berýändigi bellenildi. Şu oňyn tejribä daýanyp, täze okuw ýylynda Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetini hytaý dili mugallymy bilen üpjün etmek meselesi babatda möhüm ylalaşyk gazanyldy. Bu başlangyç uniwersitetimizde hytaý dilini öwretmegiň hilini has-da ýokarlandyrmaga, talyplaryň dil taýýarlygyny kämilleşdirmäge, mugallymçylyk tejribesiniň täze görnüşlerini ornaşdyrmaga mümkinçilik döreder. Hytaý tarapynyň wekilleri bilen geçirilen gepleşiklerde bilim ulgamyndaky özara hereketleriň gerimini giňeltmäge degişli täze teklipdir başlangyçlar öňe sürüldi. Şolar, esasan, okuw ýylynyň dowamynda hytaý dili we medeniýeti hepdeliklerini geçirmek, hytaý dilini öwrenýän talyplar üçin ýöriteleşdirilen açyk we onlaýn sapaklary guramak, talyp alyşmalary maksatnamalaryny durmuşa geçirmek bilen baglydyr. Bu başlangyçlar ýaşlaryň diňe bir daşary ýurt dilini öwrenmegine däl, eýsem, başga bir halkyň baý medeni mirasyna, taryhyna, däp-dessurlaryna gowy düşünmegine hem ýardam berer. Dil bolsa ýurtlary we halklary ýakynlaşdyrýan, özara düşünişmegi berkidýän wajyp köprüleriň biridir. Halkymyzda «Dil bilen dünýäni gezer», «Bir dil bilen bir adam, iki dil bilen iki adam» diýen jümleler bar. Häzirki zaman dünýäsinde dil bilmek ösen tehnologiýalardan, innowasion enjamlardan baş çykaryp, internet ulgamynyň üsti bilen has köp maglumatlardan habarly bolmakda, halkara hyzmatdaşlykda uly ähmiýete eýedir. Şoňa görä, soňky ýyllarda türkmen ýaşlarynyň daşary ýurt dillerini öwrenmäge bolan höwesi barha artýar. Dünýä dillerini, şol sanda hytaý dilini çuňňur öwrenmek ýaş hünärmenlere halkara bilim we hünär giňişliginde öz mümkinçiliklerini has-da giňeltmäge şert döredýär. Bu bolsa ýurdumyzyň ýaşlarynyň dünýäniň öňdebaryjy tejribesinden peýdalanmagyna, täze bilimleri özleşdirmegine hem-de halkara gatnaşyklaryň işjeň gatnaşyjylaryna öwrülmegine ýardam edýär. Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň wekiliýetiniň Pekinde geçiren iş duşuşyklarynyň netijeleri hem Türkmenistanyň we Hytaý Halk Respublikasynyň bilim ulgamyndaky hyzmatdaşlygynyň täze mazmun bilen baýlaşýandygyny görkezýär. Gazanylan ylalaşyklardyr öňe sürlen täze teklipleriň bilim ojagymyzyň halkara hyzmatdaşlygynyň ilerledilmeginde ýene bir oňyn ädim boljakdygy şübhesizdir. Iki dostlukly ýurduň arasynda bilim ýaly derwaýys ugurda alnyp barylýan netijeli gatnaşyklar halklaryň gülläp ösüşiniň bähbidine täze mümkinçiliklere ýol açýar. Çünki bilim we ylym arkaly döredilýän dostluk köprüleri diňe şu günüň däl, eýsem, geljegiň hem berk binýadydyr. Milli bilim ulgamyny toplumlaýyn ösdürmek babatda uly tagallalar edip, halkara bilim hyzmatdaşlygynyň ilerledilmegine döwlet syýasatynyň wajyp ugurlarynyň biri hökmünde ähmiýet berýän Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janynyň sag, ömrüniň uzak, beýik başlangyçlarynyň hemişe rowaç bolmagyny arzuw edýäris. Maral KULIÝEWA, Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň rektory, pedagogika ylymlarynyň kandidaty.
Halka daýanyp, halkyň bähbidine
Geçen asyryň soňky onýyllygynyň başynda gadymy oguz topragynda berk binýatly Türkmenistan atly döwlet berkarar boldy. Konstitusiýasynda adamy jemgyýetiň we döwletiň iň ýokary gymmatlygy diýip yglan eden ýurdumyz häzirki döwürde dünýewi döwlet hökmünde depginli ösýär. Şol ösüşleriň binýadynda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň möhüm orny bardyr. Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň her ýylky giň gerimli mejlisi ýurdumyzda jemgyýetiň jebisligini hem-de halkymyzyň agzybirligini üpjün etmekde, demokratik, hukuk we dünýewi döwletiň esaslaryny berkitmekde hereketlendiriji güýje öwrülýär. Halk häkimiýetiniň bu ýokary wekilçilikli edarasy raýatlaryň ýurdumyzyň durmuşynda möhüm jemgyýetçilik-syýasy çözgütleriň kabul edilmegine, olaryň döwleti we jemgyýeti dolandyrmaga gatnaşmaga bolan hukugynyň kepili bolup çykyş edýär. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň başlangyçlary bilen, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda pederlerimizden miras galan milli demokratik ýörelgeler täzeçe ruhda dowam etdirilýär. Şonuň esasynda döwletimiziň berkararlyk binýady hem-de konstitusion gurluşy berkidilýär, jemgyýetimiz mundan beýläk-de demokratiýalaşdyrylýar, raýatlaryň hukuklarynyň we azatlyklarynyň, kanuny bähbitleriniň ygtybarly goragy üpjün edilýär. Bu ugurda alnyp barylýan giň gerimli işler halkara giňişlikde parahatçylyk dörediji döwlet, bedew batly ösüşleriň, abadançylygyň, agzybirligiň mekany hökmünde tanalýan Diýarymyzyň nurana geljegine mizemez ynamy berkidýär. Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda giňden ýaýbaňlandyrylan maksatnamalaýyn özgertmeleriň durmuşa geçirilmegine halk köpçüligini giňden çekmekde, döwlet ähmiýetli meseleleri geňeşli çözmekde, jemgyýetimiziň jebisligini, agzybirligini, bitewüligini, abadançylygyny berkitmekde, ýurdumyzyň parahatçylykly ýol bilen depginli ösmegini üpjün etmekde Türkmenistanyň Halk Maslahaty dünýä nusgalyk döwrebap işleri alyp barýar. Onuň maksadyna, wezipelerine Gahryman Arkadagymyz «Ömrümiň manysynyň dowamaty» atly ajaýyp kitabynda: «Halk Maslahaty öz mazmuny boýunça ata-babalarymyzyň ýaşululardan maslahat sorap, akyldar, ylymdar, il bähbidini araýan geňeşdarlaryny ýygnap, karara gelmek ýörelgesi bilen umumy esasy aňladyp, syýasaty öwrenişiň nukdaýnazaryndan alnanda, demokratiýany durmuşa ornaşdyrmagyň bir ugrudyr» diýip, örän jaýdar düşündiriş berýär. Ählihalk geňeşiniň baş baýramymyzyň dabaralara beslenýän günlerinde geçirilmeginde hem çuňňur many bar. Çünki umumymilli forumda ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan mundan beýläk-de depginli ösdürmek, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini has-da ýokarlandyrmak bilen bagly möhüm meseleler ara alnyp maslahatlaşylýar hem-de çözgütler kabul edilýär. Ýurdumyzyň garaşsyz ösüş ýyllarynda gazanan üstünlikleri, ýetilen sepgitler seljerilip, öňde durýan wezipeler kesgitlenilýär. Biz, deputatlar hem häzirki döwürde ýurdumyzyň syýasy partiýalarynyň, jemgyýetçilik birleşikleriniň, welaýat, etrap we şäher halk maslahatlarynyň, ýaşuly nesliň wekilleri bilen bilelikde ýerlerde Halk Maslahatynyň taryhy mejlisiniň ähmiýetini wagyz-nesihat etmek boýunça degişli işleri alyp barýarys. Maslahatlarda, duşuşyklarda demokratiýanyň özboluşly milli nusgasyna öwrülen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň täze taryhy eýýamda döwlet bilen halkyň jebisligini dabaralandyrýan esasy jemgyýetçilik-syýasy güýç bolup durýandygy nygtalýar. 23-nji sentýabrda baş şäherimizde geçiriljek ählihalk geňeşi beýik Garaşsyzlygymyzyň şöhratly 35 ýyllyk toýuna milli jebislik ruhuny bagyşlar. Umumymilli forumyň şanyna guraljak medeni-köpçülikleýin çäreler «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylyny has-da dabaralandyrar. Ýurdumyzyň bedew batly ösüşlerinden täze zähmet ýeňişlerine ruhlanýan halkymyz ählihalk geňeşiniň röwşen geljege şamçyrag boljakdygyna, beýik işlere badalga berjekdigine berk ynanýar. Intizar AWLÝAKULYÝEW, Farap etrabyndaky 21-nji orta mekdebiň müdiri, Mejlisiň deputaty.
Мелодии счастливой эпохи
Мяхри АКМЫРАДОВА,студентка Государственного энергетического института Туркменистана: – Мгновение, когда прямо на сцене зачитали Постановление Президента Туркменистана и объявили имена победителей, оказалось самым незабываемым и волнующим в моей жизни. Начиная с 2020 года на протяжении нескольких лет я принимала участие в данном творческом смотре и не раз становилась победителем велаятского тура. И вот в 2026 году моя главная мечта сбылась – мне посчастливилось одержать победу в финале телевизионного конкурса «Ýaňlan, Diýarym!» и удостоиться ценных подарков от имени Президента страны. Находясь здесь, в столице нашей Родины, испытываю огромную гордость. Подобные музыкальные состязания выявляют новые дарования и побуждают ставить новые цели. Поздравляю всех участников с заслуженной победой и желаю им никогда не останавливаться на достигнутом, уверенно покоряя новые творческие вершины. Искренне выражаю благодарность Национальному Лидеру туркменского народа Герою-Аркадагу и Президенту Аркадаглы Герою Сердару за неоценимую поддержку культуры и искусства, а также за постоянную заботу о выявлении и развитии талантов подрастающего поколения. Рустам ШАФИКОВ, «НТ». Фото Хасана МАГАДОВА.
Мелодии счастливой эпохи
Айлар ШОХРАДОВА,студентка Туркменского государственного института культуры: – Год «Независимый нейтральный Туркменистан – родина целеустремлённых крылатых скакунов» стал самым счастливым в моей жизни. Именно в этом году сбылись мои заветные мечты. Совсем недавно окончила среднюю школу № 18 Серахсского этрапа Ахалского велаята и поступила в Туркменский государственный институт культуры – один из самых престижных вузов страны, где готовят будущих мастеров сцены и хранителей богатого культурного наследия. Особую радость приносит то, что в этом же году мне посчастливилось одержать победу в телевизионном конкурсе «Ýaňlan, Diýarym!», проводимом в рамках конкурса на соискание премии Президента Туркменистана «Türkmeniň Altyn asyry». Получить диплом и ценные подарки от имени главы государства – несравнимая честь и вдохновение для дальнейшего роста. Хочется выразить сердечную признательность Национальному Лидеру туркменского народа Герою-Аркадагу и Президенту Аркадаглы Герою Сердару за созданные условия для учёбы и творчества. Осознавая высокую ответственность, приложу все силы, чтобы с полной отдачей трудиться на благо и прославления нашей независимой Отчизны.
Мелодии счастливой эпохи
Под открытым небом столицы вновь зазвучала музыка, объединившая лучших молодых исполнителей Туркменистана. Ежегодный телевизионный конкурс «Ýaňlan, Diýarym!», проводимый в рамках конкурса «Türkmeniň Altyn asyry» на соискание премии Президента Туркменистана, в этот раз гармонично украсил созвездие торжеств в честь 35-летия священной независимости Родины. Конкурс наглядно продемонстрировал, что среди молодёжи растёт множество ярких талантов. Их отличают самобытный стиль исполнения, искренняя любовь к искусству и уважение к творческому наследию наставников. Для одних финалистов этот проект открыл дорогу в большую музыку, подарив первый опыт выступления на большой сцене, а для других – послужил прекрасной возможностью вновь подтвердить своё мастерство и покорить новые вершины. Слово – победителям музыкального конкурса. Керем АТАБАЕВ,студент Туркменского государственного института экономики и управления: – В нашей стране уделяется огромное внимание раскрытию талантов подрастающего поколения, и яркое тому подтверждение – телевизионный конкурс «Ýaňlan, Diýarym!». Для меня большая честь стать победителем в преддверии 35-летия независимости Туркменистана. На городском этапе, объединившем талантливую молодёжь столицы, выступил с песней «Käkilik» на стихи поэта Гелди Бяшиева, и прошёл в финал. В решающем туре исполнил произведение «Türkmeniň», созданное на основе одного из самых известных патриотических стихотворений великого поэта-мыслителя Махтумкули Фраги. Музыкальным искусством увлекаюсь с десяти лет и всегда стремлюсь к совершенствованию. Важнейшей основой моего роста стали ценные наставления мастеров сцены – Гуванча Язмаммедова, Союйна Ходжабердиева, Мекана Наргулыева. Выражаю глубокую признательность Национальному Лидеру туркменского народа Герою-Аркадагу и Президенту Сердару Бердымухамедову за всемерную поддержку молодёжи и неустанную заботу о развитии национальной культуры.
Akademiki alyşmalar giňeldilýär
Ankara şäherinde «Türk dünýäniň ýokary bilim ulgamynda hyzmatdaşlyk» atly halkara maksatnama boýunça çäre geçirildi. Azerbaýjanyň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Özbegistanyň, Türkmenistanyň, Demirgazyk Kipriň we Wengriýanyň ýokary bilim edaralarynyň wekilleriniň ençemesini bir meýdançada jemlän çärä ýurdumyzdan Bilim ministrliginiň hünärmenleri, Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň, Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň, Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň wekilleri gatnaşdylar. Forumyň 7-nji sentýabrdaky resmi açylyş dabarasynda Türkiýe Respublikasynyň Daşary ýurtlardaky türkler we garyndaş halklar boýunça müdirliginiň (YTB) başlygy, Türkiýäniň Beýik Millet Mejlisiniň deputaty, Türkiýäniň Ylymlar akademiýasynyň prezidenti, «ORTAK» maksatnamasynyň akademiki utgaşdyryjysy, şeýle-de maksatnama gatnaşýan ýurtlaryň Ankaradaky ilçileri myhman boldular. Dabaranyň dowamynda wekiliýet agzalary YTB-niň işiniň esasy ugurlary, onuň şu gezekki maksatnamasynyň wezipeleri, ýokary bilim ulgamynda halkara hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de giňeltmegiň mümkinçilikleri bilen tanyşdyryldy. Şeýle hem çykyşlarda YTB tarapyndan durmuşa geçirilýän bilelikdäki talyp hakly maksatnamalar hem-de ýokary okuw mekdepleriniň arasynda akademiki alyşmalary ilerletmegiň geljegi uly ugurlary barada giňişleýin maglumat berildi. Ýurdumyzyň wekiliýetiniň bu halkara maksatnama gatnaşmagy ýokary bilim ulgamynda döwrebap çemeleşmeleri öwrenmek, öňdebaryjy daşary ýurt tejribesi bilen tanyşmak, hünär gatnaşyklaryny giňeltmek hem-de özara pikir alyşmak üçin möhüm mümkinçilikleri döredýär. Şeýle halkara çäreler hyzmatdaş ýurtlaryň ýokary okuw mekdepleriniň arasynda göni gatnaşyklary ösdürmäge, bilelikdäki bilim taslamalaryny we başlangyçlary durmuşa geçirmäge, akademiki alyşmalary giňeltmäge ýardam berýär. Taýýarlan Toýly MUHAMMETDURDYÝEW. «Türkmenistan».
Watançylyk sapagy — kämillige badalga
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Garaşsyzlygymyzyň we Bitaraplygymyzyň binýadyny has-da berkitmek ugrunda alnyp barylýan işler gözbaşyny asyrlaryň jümmüşinden alyp gaýdýan nesil terbiýesiniň barha kämilleşmegine giň ýol açýar. Mälim bolşy ýaly, «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynyň 2-nji sentýabrynda Arkadag şäheriniň Ruhyýet köşgünde Gahryman Arkadagymyzyň ýurdumyzyň bilim işgärleri, talyp ýaşlar hem-de okuwçylar bilen geçen umumy okuw sapagy ylym-bilim ulgamynda möhüm ähmiýetli taryhy waka boldy. Bu sapagy buýsanç bilen «watançylyk sapagy» diýip atlandyrmak bolar. Sebäbi Milli Liderimiz: «Islendik adamyň Watana söýgüsi adaty, sagdyn duýgudyr. Ýaş adam üçin bolsa bu aýratyn many-mazmuna eýedir. Sebäbi hut şol ýyllar onda Watana bolan söýgi, ýurduna bolan buýsanç duýgusy kemala gelýär. Watana wepaly, mynasyp hyzmat etmelidigine akyl ýetirýär» diýip, öz çykyşyny esasy zatdan — watançylyk düşünjesinden başlady. Gahryman Arkadagymyz sapagyň dowamynda Watanymyzyň gazanan üstünlikleri, häzirki zaman dünýäsinde berkarar döwletimiziň orny we wezipesi, öňümizde duran maksatlar hem-de wezipeler... barada beýan etdi. Milli Liderimiz ýurdumyzyň ajaýyp üstünlikleri, ýaş nesliň watansöýüjilik ruhunda terbiýelenmegi, olaryň öwrenmäge höwesini artdyrmak, milli gymmatlyklara wepalylygyny berkitmek babatda pähim-parasada ýugrulan ajaýyp pikirlerini beýan etdi. Öňe sürlen her bir pikir ýaşlaryň durmuşda dogry ýol-ýörelgäni saýlamagyna, Watana söýgüsini iş ýüzünde görkezmegine ýardam berýän nusgalyk öwüt-ündewlere öwrüldi. Gahryman Arkadagymyz bilim bilen terbiýäniň sazlaşygynyň kämil şahsyýeti kemala getirmegiň esasy şertleriniň biridigi barada aýratyn nygtady. Milli Liderimiziň Watanymyzyň beýik geljegini gurujylara — ýaşlara bildirýän belent ynamy olary täze üstünliklere, döredijilikli zähmete, ylym-bilimde öňe gitmäge ruhlandyrýan güýçdür. Gahryman Arkadagymyz, Arkadagly Gahryman Serdarymyz çykyşlarynda ýaşlary ylymly-bilimli, hünärli edip ýetişdirmek, olaryň dünýä ylmyna çuňňur aralaşmagyna giň ýol açmak barada elmydama döwletli maslahatlary berýärler. Bu ugurda ýaşlaryň bilim-başarnyklara, saýlap alan hünärine eýe bolmaklary we ähli ukyp-başarnyklaryny açyp görkezmekleri ugrunda zerur mümkinçilikler döredilýär. Ýaşlaryň döwür bilen aýakdaş bolmagy, dünýä bilen deň gadam urmagy ugrunda döredilýän giň mümkinçilikler ýurdumyzda üstünlikli durmuşa geçirilýän ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň möhüm ugruna öwrüldi. Taryhda türkmen halky baý maddy we ruhy gymmatlyklary, edebi hem-de medeni mirasy bilen dünýä medeniýetiniň ösmegine uly goşant goşupdyr. Her bir halkyň ýa-da milletiň jemgyýetçilik aňynyň watansöýüjilik ruhunda terbiýelenmegi, onda öz-özüňe bolan milli buýsanç duýgusynyň kemala getirilmegi üçin taryh, milli miras, dil we edebiýat ýaly ylymlaryň üstüne ägirt uly wezipe düşýär. Şonuň üçinem bu ugurlaryň häzirki döwürde hakyky ylym derejesinde has-da dabaralanmagy taryhy zerurlykdyr. Gahryman Arkadagymyz iň gadymy siwilizasiýalary döreden, dünýä ýaň salan beýik döwletleri guran türkmen halkynyň buýsançly taryhynyň, şöhratly geçmişiniň bardygyny, türkmen topragynyň her bir daban ýeriniň ylmy-barlaglar we gazuw-agtaryş işleri üçin gymmatly çeşmedigini nygtaýar. Türkmen topragynda uzak ýyllaryň dowamynda alnyp barlan gazuw-barlag işleriniň netijesinde ýurdumyzyň çäkleriniň dünýäniň irki ekerançylyk merkezleriniň biridigi baradaky aýdyň hakykat ýüze çykaryldy. Ençeme gadymy galalary, köşkleri, kerwensaraýlary bolan bu toprakdaky medeni ýadygärlikler, gymmatly edebi miras taryhymyzyň, ata-babalarymyzyň şu günki nesline galdyran baý hazynasydyr, ruhy daýanjydyr. Döwrüniň medeniýetini, sungatyny süňňüne siňdirip, ýalkym saçýan galalar, köşkler, metjitdir medreseler, kerwensaraýlar syrly täsinligini özünde jemleýär. Ýurdumyzyň çägindäki ýadygärlikler adamzadyň irki maddy medeniýetini öwrenýän alymlara — arheologlara, sungatşynaslara öz baý tapyndylaryny bagyş etdi. Geçen umumy okuw sapagynda Gahryman Arkadagymyz uzak ýyllaryň dowamynda dürli wezipelerde zähmet çekende, tanymal arheologlaryň, taryhçylaryň, dünýä belli ussat alym-halypalaryň hut özleri ýa-da olaryň nesil dowamaty bilen bilelikde işleşmek, tejribe alyşmak bagtynyň miýesser edendigini aýratyn belläp geçdi. Milli Liderimiz meşhur arheologlar Wiktor Sarianidi we Nadežda Dubowa ýaly alymlaryň Marguşda, Merwde adamzat ähmiýetli taryhy-ylmy açyşlary etmegine giň mümkinçilikleri döredip berdi. Gahryman Arkadagymyz ýaşlara ýüzlenip, türkmen topragynyň gudraty barada şeýle täsin jümleleri, paýhasly sözleri beýan etdi: «Türkmen topragynyň abraýyny götermäge yhlas etseň, bu toprak seniň at-abraýyňy iki esse belende göterýär. Munuň şeýledigini türkmen topragyny öwrenmäge yhlas eden arheolog-alymlar hem gaýta-gaýta aýdardylar». Türkmen halkynyň müňýyllyklara uzaýan taryhy ýolunda kämil ýörelgeler, ruhy-ahlak kadalar, adatlar kemala gelipdir we nesilden-nesle geçirilipdir. Türkmen halky hünärli bolmagy, zähmet çekmegi durmuşyň manysy hasaplapdyr. Ata-babalarymyz «Çaga eziz, edebi ondan hem eziz» diýlen pähime eýerip, ýaşlaryň edep-ekramly bolmagy barada kämil ýörelgeleri döredipdirler. Halkymyzyň perzent edebi, nesil terbiýesi baradaky aladalary öz ajaýyp miwelerini beripdir. Gahryman Arkadagymyz watançylyk sapagynda perzent terbiýesiniň esasy mazmunynyň Watan mukaddesliginde jemlenýändigine ünsi çekdi. Milli Liderimiziň hünär öwrenmek, kitaby söýmek, kämil şahsyýet bolup ýetişmek, asylly ahlak häsiýetlerine eýe bolmak, ene-atany, ýaşululary hormatlamak, ýaşkiçileri sylamak baradaky pähimleridir sargytlary ýaşlara durmuşda dogry ýoly görkeziji çelgidir. Gahryman Arkadagymyz şeýle-de umumy okuw sapagynda atasy Berdimuhamet Annaýewiň bilim we terbiýeçilik işini guraýşy barada gymmatly maglumatlary beýan etdi. Kakasy Mälikguly Berdimuhamedowyň ata-ene barada düzen goşgusyndan setirleri okady. Beýik mugallym, türkmen milli bilim ulgamynyň düýbüni tutmakda ägirt uly işleri bitiren Berdimuhamet Annaýewiň ömür ýoly biz — mugallymlar üçin görüm-görelde mekdebidir. Gahryman Arkadagymyzyň watançylyk sapagyndaky şu paýhasly sözleri Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň mugallymlaryny ruhlandyrýar we hünär taýdan kämilleşmäge borçlandyrýar: «Mugallym okuwçylaryň durmuşynda yz galdyrýan halypadyr. Şoňa görä-de, mugallym hemişe öz bilimini artdyrmaga çalyşmalydyr. Döwrüň talaplaryna laýyk täze usullary öwrenip, hünär derejesini kämilleşdirmelidir». Milli Liderimiziň bu watançylyk sapagy biziň mugallymçylyk işimize uly goldawdyr. Bu okuw sapagyndan gelip çykýan netijeler ylym-bilimiň kämilleşmeginiň, onuň usulyýet esaslarynyň baýlaşmagynyň özeni, kämil bilime täze badalga bolup, ýaşlar bilen okuw, ylmy-barlag we terbiýeçilik işlerini ruhy-ahlak, raýat-watançylyk, harby-watançylyk, medeni-taryhy, milli buýsanç hem-de sagdyn durmuş ýörelgeleri esasynda ýurdumyzyň bilim edaralary tarapyndan alnyp barylýan maksatnamalaýyn işleri durmuşa geçirmekde ýol-ýörelge bolup hyzmat eder. Gahryman Arkadagymyzyň umumy okuw sapagynda beren tabşyryklary, öwüt-ündewleri hormatly Prezidentimiziň degişli Karary bilen tassyklanylan «Türkmenistanda ýokary hünär bilimini ösdürmegiň 2026 — 2052-nji ýyllar üçin Strategiýasyny» hem-de «Türkmenistanda ýokary hünär bilimini ösdürmegiň 2026 — 2052-nji ýyllar üçin Strategiýasyny amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň 2026 — 2030-njy ýyllar üçin Meýilnamasyndan» gelip çykýan wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmekde bilim işgärleri üçin gymmatly çeşmedir. Milli Liderimize we hormatly Prezidentimize ýurdumyzyň ylym-bilim ulgamyny ösüşlere besleýän mümkinçilikleri döredendigi üçin çuňňur hoşallygymyzy bildirýäris. Ýurdumyzyň ylym-bilim ulgamynyň çalt depginler bilen ösmegi we kämilleşmegi babatda edýän aladalary, taýsyz tagallalary üçin Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza tüýs ýürekden sagbolsun aýdyp, janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagyny, il bähbitli, umumadamzat ähmiýetli döwletli işleriniň elmydama üstünliklere beslenmegini arzuw edýäris. Durdymyrat ANNAÝEW, Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň okuw işleri boýunça prorektory, taryh ylymlarynyň kandidaty
Garaşsyzlykdan ylhamly, şirin owazly ýaşlar
Ýaş aýdymçylaryň döredijilik başarnygyny ýüze çykarmakda, olaryň ýerine ýetirijilik ussatlygyny kämilleşdirmekde «Ýaňlan, Diýarym!» telebäsleşiginiň ähmiýeti uludyr. Munuň şeýledigini bäsleşigiň düýn paýtagtymyzdaky «Aşgabat» aýdym-saz merkezinde geçirilen jemleýji tapgyrynda ýaş höwesjeňleriň 14-siniň öz ukyp-başarnyklaryny görkezmekleri hem tassyklaýar. Şunda ýaşlaryň arasynda ýerine ýetirijilik aýratynlygy, sungata bolan söýgüsi, halypalaryň döredijiligine sarpasy bilen tapawutlanýan zehinleriň juda kändigi buýsandyrýar. Olaryň käbiri üçin bu bäsleşik ilkinji gezek uly sahna çykmakda tejribe döreden bolsa, käbirleri üçin döredijilik başarnyklaryny ýene bir gezek synap görmäge mümkinçilik boldy. Perhatmuhammet ESENOW,Sahy Jepbarow adyndaky Arkadag şäher ýörite sungat mekdebiniň talyby: — Men sungat maşgalasynda dünýä indim diýsemem boljak. Çagalykdan aýdym-saz dünýäsiniň içinde ulaldym. Bu ajaýyp sungat ýoluna gadam basmagymda atam, ilkinji mugallymym Amandurdy Esenowyň hem-de dädem Eşret Esenowyň täsiri örän uludyr. Olar maňa aýdym-sazy söýmegi, onuň inçe syrlaryna aralaşmagy, öz zehinimi yzygiderli kämilleşdirmegi öwretdiler. Men 8 ýyl bäri aýdym aýdyp gelýärin. Aýdym-saz sungaty boýunça ilkinji bilimimi Kaka etrabynyň Duşak şäherçesinde ýerleşýän çagalar sazçylyk mekdebinde aldym. Şol ýerde alan bilimlerim we mugallymlarymyň beren maslahatlary häzirki wagtda-da döredijilik ýolumda uly ýardam berýär. Esasan, halk hem-de estrada aýdymlaryny ýerine ýetirmegi halaýaryn. Halypa aýdymçylaryň döredijiligini öwrenmek meniň üçin juda gyzykly. Annaberdi Atdanowyň «Ilden aýypdyr», «Duran ýerleriňe», «Söýmediň, gözel», «Bibijan» ýaly aýdymlaryny söýüp diňläp, olary başardygymdan ýerine ýetirmäge çalyşýaryn. Döwürdeş halypalardan Guwanç Ýazmämmedowyň, Nurýagdy Rejebowyň aýdymlaryna gyzyklanma bildirýärin. «Ýaňlan, Diýarym!» telebäsleşiginiň jemleýji tapgyrynda Saparmyrat Öwezberdiýewiň sözlerine, Annageldi Jumaýewiň sazyna döredilen «Söýmediň, gözel» atly aýdymy ýerine ýetirdim. Bu eseri saýlamagymyň esasy sebäbi hem onuň many-mazmunynyň we sazynyň kalbyma ýakyn bolmagydyr. Şeýle uly sahnada çykyş etmek meniň üçin uly jogapkärçilik boldy. Bu ajaýyp pursat sungat ýolumda ýatdan çykmajak tejribeleriň biridir. Ýazga geçiren Baýramberdi GELDIMYRADOW. «Türkmenistan». Surata düşürenler Hasan MAGADOW, Meretdurdy ROZYÝEW.
Созвездие детских талантов
Байрамдурды ЧАРЫЕВ,ученик средней школы № 11 Огузханского этрапа Марыйского велаята: – Наш нынешний год, проходящий под вдохновляющим девизом «Независимый нейтральный Туркменистан – родина целеустремлённых крылатых скакунов», подарил прекрасную возможность ещё глубже проникнуться историей и величием ахалтекинских коней. Вдохновившись эпосом «Görogly», выступил перед зрителями с песней «Gyratym». Легендарный скакун в народном эпосе предстаёт не просто верным боевым товарищем главного героя, а крылатым символом преданности, силы и невероятной стремительности. В этой песне раскрываются незыблемые духовные ценности, великие достижения нашего независимого государства и неразрывная связь времён – от славного прошлого до процветающего настоящего. За своё выступление был удостоен высокой награды от имени Президента Туркменистана. Эта награда вдохновляет нас двигаться вперёд, совершенствовать своё мастерство, приумножать музыкальные традиции нашего народа и своим творчеством славить процветающую Отчизну. Селим РАСУЛОВ, корреспондент журнала «Güneş». Фото Хасана МАГАДОВА.
Созвездие детских талантов
Айна ДОВЛЕТЯРОВА,ученица средней школы № 2 Дяневского этрапа Лебапского велаята: – Школа – это счастливая пора в жизни каждого ребёнка. Именно здесь открывается огромный мир, полный удивительных открытий, первых побед и искренней дружбы. Поэтому на конкурсе выступила с песней «Mekdebim». В её строках воспевается наше беззаботное детство, которое обеспечено каждому ребёнку в нашей стране, и именно это стало главным вдохновением для выбора произведения. Через него хотела передать всю радость и свет наших школьных лет. Моя учительница по пению Мяхрибан Эргешова помогла мне подготовиться к этому ответственному дню. Благодаря её профессионализму и вере в меня смогла раскрыть свой потенциал и научилась искренне передавать чувства в песне. Поздравляю всех своих ровесников с этим большим и светлым праздником музыки. Также хочу выразить благодарность Герою-Аркадагу и Президенту Аркадаглы Герою Сердару за заботу о нашем будущем. Пусть над нашей родной страной всегда царят мир, благополучие и созидательный творческий дух.
Созвездие детских талантов
Худайберди ХОДЖАБЕРДИЕВ,ученик средней школы № 17 этрапа Гёроглы Дашогузского велаята: – Музыка – важная часть моей жизни. С ранних лет родители вкладывали огромные силы в музыкальное развитие. Чтобы оправдать их доверие, стал усердно изучать нотную грамоту и работать над вокалом под руководством моего наставника – заслуженного артиста Сабыра Сабырова. На конкурсе выступил с туркменской народной песней «Gümmürlendi». Не буду останавливаться на достигнутом: продолжу развивать свой талант, покорять новые творческие вершины и делать всё возможное, чтобы родители могли мной гордиться. От всей души желаю долгих лет жизни и здоровья Национальному Лидеру туркменского народа Герою-Аркадагу и Президенту Аркадаглы Герою Сердару, создавшим для нас широкие возможности для занятий музыкальным искусством.
Созвездие детских талантов
Сары АМАНОВ,ученик средней школы № 26 Кизыларватского этрапа Балканского велаята: – Этот творческий смотр открыл дорогу на большую сцену новым юным талантам со всех уголков нашей Родины. К столь ответственному выступлению каждый из нас готовился с особенным усердием. Каждому участнику выпала уникальная возможность продемонстрировать свои песни, вокальные данные, исполнительскую культуру и мастерство владения музыкальными инструментами. В песне «Sport – sagdynlyk» постарался раскрыть ключевые ценности здорового образа жизни и подчеркнуть особую значимость спорта для нашей страны. Сегодня спорт служит прочным фундаментом будущего. Поэтому, выступая совместно с танцевальным ансамблем «Ruhubelent çagalar», мы стремились вдохновить подрастающее поколение быть сильными, целеустремлёнными и активными. Ведь здоровый народ – это сильная и процветающая страна. Мы – счастливое молодое поколение эры Возрождения новой эпохи могущественного государства – искренне признательны Герою-Аркадагу и Аркадаглы Герою Сердару за заботу о детях, а также за утверждение ценностей мира, дружбы, добра и самое главное – счастливое детство.
Созвездие детских талантов
Лейла ЧАРЫЕВА,ученица средней школы № 10 Каахкинского этрапа Ахалского велаята: – Несказанно рада и горда тем, что вошла в число победителей престижного конкурса «Garaşsyzlygyň merjen däneleri». Получить ценные подарки от имени Президента Туркменистана – огромная честь и особенно значимое событие, которое останется в моей памяти на всю жизнь. Подготовка к конкурсу потребовала немало времени и сил. Главным источником вдохновения для нас послужила книга Героя-Аркадага «Поклонение матери – преклонение перед святыней», побудившая выбрать для финального выступления песню «Ene hüwdüsi». Материнская колыбельная в конкурсе предстала как чистейшее проявление бесконечной любви, нежности и высочайших духовных ценностей туркменского народа.
Созвездие детских талантов
Алланазар АННАГЕЛЬДЫЕВ,ученик специализированной средней школы № 3 с углублённым изучением английского языка города Аркадаг: – На протяжении многих лет творческий конкурс «Garaşsyzlygyň merjen däneleri» вызывает огромный интерес у подрастающего поколения. Каждый год он объединяет множество талантливых ребят из всех уголков нашей страны. Выступать от имени «умного» города Аркадаг – это большая честь и ответственность для меня. Несмотря на насыщенную программу в школе успешно совмещаю учёбу с занятиями в Детской школе искусств имени Шукура бахши города Аркадаг. Учиться здесь – значит постоянно двигаться вперёд, а богатейшее наследие Шукура бахши вдохновляет трудиться ещё усерднее. За дни финального тура мы очень сплотились со всеми ребятами. Моё выступление на этом творческом смотре с песней «Alkyş size, Arkadag» явилось одним из самых важных и знаковых событий в моей жизни. Выражаю признательность и бесконечную благодарность Герою-Аркадагу и Президенту Аркадаглы Герою Сердару за всемерную поддержку молодёжи. Благодаря грандиозной заботе государства сбываются наши самые заветные мечты – выступать на большой сцене и вносить свой вклад в процветание родной Отчизны.
Созвездие детских талантов
Праздничную череду торжеств в честь 35-й годовщины священной независимости Туркменистана традиционно открыл финальный гала-концерт детского конкурса юных дарований «Garaşsyzlygyň merjen däneleri», проходящего в рамках творческого состязания на соискание премии Президента Туркменистана «Türkmeniň Altyn asyry». В году «Независимый нейтральный Туркменистан – родина целеустремлённых крылатых скакунов» выступления восходящих «звёздочек» национальной сцены звучали как вдохновенный гимн счастливой эпохе, преемственности духовных традиций народа. По сложившейся традиции главной творческой ареной этого грандиозного праздника юности явилось здание «Türkmeniň ak öýi» в долине «Nowruz ýaýlasy» этрапа Ак бугдай Ахалского велаята, распахнувшее свои двери для 21 финалиста, представлявшего столицу, город Аркадаг и все велаяты Отчизны. Программу праздничного концерта провели народный артист Аширмырат Гурбанов и режиссёр Атаджан Бекиев. На великолепно украшенной сцене развернулось захватывающее представление: звонкие народные и эстрадные песни, стремительные ритмы древнего куштдепди и красочные хореографические постановки. Номера юных вокалистов, музыкантов и танцевальных коллективов стали настоящим признанием любви к Родине, воспеванием её величественных достижений и вековых традиций. По итогам выступлений лауреатам конкурса от имени Президента Туркменистана были вручены дипломы и ценные подарки. Предоставляем слово победителям и призёрам детского творческого марафона. Нургозель БЕРДИЕВА,ученица средней школы № 99 города Ашхабад: – Для меня огромная честь стать победительницей в году «Независимый нейтральный Туркменистан – родина целеустремлённых крылатых скакунов». Для выступления в этом творческом конкурсе выбрала песню «Mähriban siz, eneler». В этой музыкальной композиции постаралась открыть для зрителей всю силу материнской любви. От всего сердца хочу выразить безграничную благодарность Национальному Лидеру туркменского народа Герою-Аркадагу и уважаемому Президенту Аркадаглы Герою Сердару за создание возможностей для всестороннего развития детей. Обещаю усердно учиться, творить, чтобы и впредь радовать зрителей. Шаг за шагом, с музыкой в сердце, буду идти навстречу своей мечте, прославляя наш независимый нейтральный Туркменистан.
«Garaşsyzlygyň merjen däneleri» bäsleşiginiň jemleýji tapgyry
Ahal welaýaty, 9-njy sentýabr (TDH). Şu gün Ak bugdaý etrabynyň “Nowruz ýaýlasyndaky” «Türkmeniň ak öýi» binasynda mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllygyna bagyşlanyp zehinli çagalaryň «Garaşsyzlygyň merjen däneleri» atly aýdym-saz bäsleşiginiň jemleýji döwlet tapgyry geçirildi. Bäsleşige gatnaşyjylar, ilki bilen, Garaşsyzlyk binasyna gül desselerini goýdular. Bäsleşik Türkmenistanyň Döwlet senasynyň ýerine ýetirilmegi bilen başlandy. Çagalar, döredijilik bäsleşiginiň jemleýji konsertine ýygnananlar hormatly Prezidentimiziň «Garaşsyzlygyň merjen däneleri» bäsleşigine gatnaşyjylara iberen Gutlagyny uly ruhubelentlik bilen diňlediler. Döwlet Baştutanymyz Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimizde amala aşyrylýan beýik işleri, şan-şöhratly taryhymyzy we milli medeniýetimizi, bagtyýar döwranymyzy kalpdan joşup çykýan şirin owazly, çeper many-mazmunly aýdym-sazlary bilen mynasyp beýan etmekde ýaş nesliň ýollarynyň hemişe ak bolmagyny arzuw etdi. Konsert bäsleşige gatnaşyjylaryň bilelikde ýerine ýetirmeginde ýaňlanan «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» atly aýdym-sazly waspnama bilen başlandy. Ilkinji gezek uly sahnada çykyş etmek çagalaryň durmuşynda ýatdan çykmajak pursat bolup, olaryň ruhy taýdan ösmegine oňaýly täsir edýär hem-de sungat dünýäsine aralaşmagyna ýardam berýär. Milli aýdym-sazlar çagalarda Watany söýmek, halkymyzyň medeni mirasyna hormat-sarpa goýmak, oňa buýsanmak ýaly duýgulary terbiýeleýär. Bäsleşigiň jemleýji tapgyryna gatnaşyjylar bu ajaýyp sahnada çykyş etmäge we arzyly arzuwlaryna tarap gadam urmaga mümkinçilik aldylar. Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň Altyn asyry» baýragyny almak ugrundaky bäsleşigiň çäklerinde geçirilýän zehinli çagalaryň festiwaly synaglar we başlangyçlar, täze gözlegler üçin ajaýyp meýdança bolup, çagalary öz ukyp-başarnyklaryny görkezmäge ruhlandyrýar. Bäsleşigiň jemleýji tapgyryna geljekde milli sungatymyzyň şöhratyny belende göterjek geljekki sahna ussatlary, tans, aýdym-saz we halk döredijilik toparlary gatnaşdylar. Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygyna beslenýän ýylda bu döredijilik gözden geçirilişi aýratyn mazmuna eýedir. Ýaşajyk artistler joşgunly owazlary bilen ýurdumyzy, onuň geçmişini we ajaýyp şu gününi, zähmetsöýer halkyny, türkmen topragynyň gözel tebigatyny wasp etdiler. Konsert türkmen halkynyň ruhy ýörelgelerini wasp edýän joşgunly çykyşlar bilen dowam etdi. Olaryň köpöwüşginliligi ýokary baýramçylyk ruhuny emele getirdi. Owadan bezelen sahnada iň gowy çykyşlaryň onlarçasy — aýdym-sazly çykyşlar, halk döredijilik eserleri, häzirki zaman mukamlary ýerine ýetirildi. Her bir çykyş özboluşly dabara öwrülip, döredijilik aýratynlygy bilen tapawutlandy. Ýaşajyk zehinleriň uly joşgun, ylham bilen ýerine ýetiren aýdymdyr tanslary tomaşaçylaryň hiç birini biparh goýmady. Tomaşaçylaryň ýüzlerçesi ýaşajyk artistleri joşgunly el çarpyşmalar bilen goldadylar. Çagalaryň kalpdan joşup çykýan owazlary zehinini ýüze çykarmak we arzuwlarynyň hasyl bolmagy üçin giň mümkinçilikleri döredýän hormatly Prezidentimize, Gahryman Arkadagymyza çäksiz hoşallygyň çeper beýany bolup ýaňlandy. Olar Watanymyzyň bedew batly ösüşleri, dost-doganlyk, ynsanperwerlik, parahatçylyk, bagtyýar durmuş baradaky aýdymlary ýerine ýetirdiler. Halk we estrada aýdymlarynyň giňden wagyz edilmegi arkaly milli aýdym-saz sungatynyň ösdürilmegi umumymilli çagalar bäsleşiginiň baş maksadydyr. Şu gezekki konsertiň maksatnamasyna ýaşlaryň ukyp-başarnyklarynyň dürli ugurlaryny açyp görkezýän aýdym-sazlar bilen bir hatarda, milli aýdym-saz medeniýetimiziň köpöwüşginliligini açyp görkezýän dürli eserler girizildi. Bu konsert ösüp gelýän ýaş nesliň zehininiň çäksizdigini ýene bir gezek subut etdi. Emin agzalary bäsleşige gatnaşyjylaryň iň zehinlilerini saýlap aldylar. Tomaşaçylaryň dowamly el çarpyşmalarynyň astynda çagalar aýdym-saz bäsleşiginiň ýeňijileriniň atlary yglan edildi. Olara diplomlar hem-de döwlet Baştutanymyzyň adyndan gymmat bahaly sowgatlar gowşuryldy. Bäsleşige gatnaşyjylaryň ählisi ýadygärlik sowgatlara mynasyp boldular. Uly sahnada çykyş etmek we ýeňiji bolmak çagalary geljekki döredijilik bäsleşiklerinde üstünliklere, arzyly maksatlaryna ýetmäge ruhlandyrýar. «Garaşsyzlygyň merjen däneleri» bäsleşigine gatnaşyjylar hormatly Prezidentimiziň adyna Ýüzlenme kabul edip, ýaş nesilleriň bagtyýar durmuşy baradaky ýadawsyz aladasy üçin çuňňur hoşallyklaryny beýan etdiler hem-de yhlasly okajakdyklaryna, döredijilik bilen yzygiderli meşgullanjakdyklaryna, zehinlerini artdyryp, Watanymyzyň geljegi üçin mynasyp nesiller bolup ýetişjekdiklerine ynandyrdylar. Surata düşürenler Hasan MAGADOW, Annanur REJEBOW.
Resmi habar
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda ata Watanymyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň şanly 35 ýyllyk baýramy mynasybetli geçirilen «Garaşsyzlygyň merjen däneleri» bäsleşiginde özleriniň zehinini görkezip, tapawutlanan aýdymçy çagalary sylaglamak maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, şu aýdymçy çagalar bäsleşigiň ýeňijileri diýlip yglan edildi we noutbuk kompýuterleri bilen sylaglanyldy hem-de olara degişli diplomlar gowşuryldy: Aşgabat şäherindäki 99-njy orta mekdebiň 4-nji synp okuwçysy Nurgözel Berdiýewa; Arkadag şäherindäki iňlis dili dersine ýöriteleşdirilen 3-nji orta mekdebiň 8-nji synp okuwçysy Allanazar Annageldiýew; Ahal welaýatynyň Kaka etrabyndaky 10-njy orta mekdebiň 8-nji synp okuwçysy Leýla Çaryýewa; Balkan welaýatynyň Gyzylarbat etrabyndaky 26-njy orta mekdebiň 7-nji synp okuwçysy Sary Amanow; Daşoguz welaýatynyň Görogly etrabyndaky 17-nji orta mekdebiň 7-nji synp okuwçysy Hudaýberdi Hojaberdiýew; Lebap welaýatynyň Dänew etrabyndaky 2-nji orta mekdebiň 5-nji synp okuwçysy Aýna Döwletýarowa; Mary welaýatynyň Oguzhan etrabyndaky 11-nji orta mekdebiň 5-nji synp okuwçysy Baýramdurdy Çaryýew. Şeýle hem “Garaşsyzlygyň merjen däneleri” bäsleşiginiň jemleýji tapgyryna gatnaşan çagalara Türkmenistanyň Prezidentiniň adyndan gymmat bahaly sowgatlar gowşuryldy. (TDH)
Gahryman Arkadagymyzyň nusgalyk mekdebi: milli gymmatlyklara daýanýan täze usulyýet
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň, Gahryman Arkadagymyzyň tagallalary bagtyýar ýaşlarymyzyň döwrebap bilim almagy bilen birlikde watansöýüjiligiň we ynsanperwerligiň belent ruhunda terbiýelenmegine, giň dünýägaraýyşly kämil şahsyýetler bolup ýetişmeklerine gönükdirilendir. Döwlet Baştutanymyzyň hem-de Gahryman Arkadagymyzyň nusgalyk işlerini, watançylyk taglymatlaryny, döretmek we gurmak baradaky şygarlaryny ýörelge edinen ýaşlar ýurdumyzyň ösüşlerine özleriniň mynasyp goşantlaryny goşýarlar. Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň nusgalyk kitaplary jemgyýetimizi we döwletimizi ösdürmegiň binýatlyk sütünleri hökmünde ykrar edilip, bu gün tutuş halkymyz, aýratyn hem, ýaş nesillerimiz üçin milli we umumadamzat gymmatlyklaryna esaslanýan dünýägaraýşy kemala getirýän gymmatlyklar, ygtybarly çeşmeler hem-de genji-hazynalar hökmünde ähmiýeti barha artýar. Milli we halkara ähmiýetli wakalar, şanly seneler we baýramçylyk dabaralary, ýokary derejede geçirilen sammitlerdäki, forumlardaky, maslahatlardaky sözlenen çykyşlar, ylmy makalalar, interwýular, gutlaglar we ýüzlenmeler Milli Liderimiziň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň Watanymyzyň ezizdigi, ýeke-täkdigi, mukaddesdigi baradaky duýgularydyr, ýurdumyzyň gülläp ösmegi we halkara abraýynyň artmagy hakyndaky belent maksatlarydyr. Geçmişiň şöhratly taryhyny, şu günüň üstünlikleri bilen geljegiň beýik maksatlaryny birleşdirýän, halk bilen döwletiň bitewüligini dabaralandyrýan milli taglymatlarydyr, kalplarymyzyň aýdymy, dillerimiziň senasy bolan Garaşsyz Watanymyza, beýik ykbally, şan-şöhrata beslenen geçmişli türkmen halkyna bolan beýik söýgüleridir. Bu taglymatlar hem-de nusgalyk beýik işler uly terbiýeçilik ähmiýete eýe bolup, milletiň, döwletiň berkararlygy giň dünýägaraýyşly, nesilden nesle, atadan ogla, eneden gyza geçip, asyrlarboýy dowam edip gelýän millilige buýsanýan, Watanyny, halkyny mukaddes saýýan, ahlakly, edep-tertipli, görüm-göreldeli, bilimli, ylymly, durmuş ýoluna taýýar watansöýüji şahsyýetleriň kemala gelmegini üpjün edýär we ýaşlarymyzy döredijilikli işlere jebisleşdirýär. Gahryman Arkadagymyzyň Bilimler we talyp ýaşlar güni mynasybetli geçirýän umumy okuw sapaklary Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe beýik ösüşleriň ylmy-nazaryýet esaslaryny kesgitlemek bilen, milli bilim ulgamynda täze, intellektual eýýama ýol açdy. Milli Liderimiz öwüt-ündewlere hem-de pent-nesihatlara ýugrulan umumy okuw sapaklary arkaly Türkmenistanyň we türkmen halkynyň müňýyllyklardan biziň döwrümiziň häzirki şöhratly taryhy ýoluny, milli döwletlilik ýörelgelerini we döwrebap ösüşlerini utgaşdyryp, Garaşsyzlyk döwrüniň hem-de Bitaraplygymyzyň gazananlaryny ylmy esasda seljerip, ýaş nesillerimize geçmişiň, şu günüň, geljegiň ruhy arabaglanyşygy nukdaýnazaryndan bilim we terbiýe bermegiň täze usulyýetini esaslandyrdy. Gahryman Arkadagymyzyň Arkadag şäherindäki Ruhyýet köşgünde geçen umumy okuw sapagy Bilimler we talyp ýaşlar güni mynasybetli 2026-njy ýylyň 1-nji sentýabrynda hormatly Prezidentimiziň gatnaşmagynda hem-de ak pata bermeginde Aşgabat şäherinde Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň hem-de Türkmenabat şäherinde Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň täze binalar toplumlarynyň, şeýle hem welaýatlarymyzda täze çagalar baglarydyr orta mekdepleriň açylyş dabaralary hem-de dürli baýramçylyk çäreleri bilen utgaşyp, mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllyk baýramynyň uludan toýlanjak «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylyny has-da şöhratlandyrdy. Bu waka tutuş halkymyzyň, aýratyn hem, usulyýetçileriň, terbiýeçileriň, mugallymlaryň, professorlaryň, alymlaryň, bagtyýar ýaşlarymyzyň ýurdumyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmegi ugrunda alyp barýan işlerine egsilmez ruhy güýç berdi. Ösüşiň we bagtyýarlygyň ýurduna öwrülen Garaşsyz Watanymyza bolan milli buýsanjymyzy has-da pugtalandyrdy. Gahryman Arkadagymyz geçiren umumy sapagynda Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýylynyň dowamynda gazanylan üstünlikler, dünýä dolan abraýymyz hem-de mertebämiz, milli terbiýäni ösdürmek, türkmen halkynyň medeni-ruhy mirasyny, däp-dessurlaryny gorap saklamak we baýlaşdyrmak barada özüniň gymmatly pikir-garaýyşlaryny paýlaşdy, Watanymyzyň daýanjy bolan bagtyýar ýaşlarymyza öwüt-nesihatlaryny berdi. Umumy sapakda beýan edilen her bir jümlede, her bir sözde Garaşsyz Diýarymyza, il-günümize bolan beýik söýgi baradaky nurana pikirler dabaralandyryldy: «Islendik adamyň Watana söýgüsi adaty, sagdyn duýgudyr», «Watandan beýik mukaddeslik, Watandan beýik gymmatlyk ýokdur», «Watansöýüjilik ynsan gözelliginiň egsilmez hazynasydyr», «Watansöýüjilik — bu ata-babalarymyzyň mukaddes ündewidir», «Söýgi — bu seniň Beýik Biribara, mähriban Watanyňa bolan beýik duýgyňdyr». Şu nukdaýnazardan, Milli Liderimiziň geçen umumy okuw sapagyny okuwçy we talyp ýaşlar, mugallymlar, bilim işgärleri, ähli halkymyz üçin döwürleri, nesilleri, ýürekleri birleşdirýän, döredijilikli işlere ruhlandyrýan, ata Watanymyza bolan milli buýsanjy terbiýeleýän watançylyk dersi diýip buýsanç bilen atlandyrýarys. Garaşsyzlyk we Bitaraplyk «Watan» atly beýik düşünjäni emele getirýän biziň milli gymmatlyklarymyzdyr. Döwletimiziň içeri we daşary syýasatynyň binýatlaýyn esaslaryna öwrülip, parahatçylygyň, ynsanperwerligiň, hoşniýetliligiň, döredijiligiň kuwwatly güýjüni özünde jemleýän Garaşsyzlygymyzyň we hemişelik Bitaraplygymyzyň üstünlikleri halkara bileleşigi tarapyndan giňden goldanylýar we ýokary baha berilýär. Milli gymmatlyk, şeýle-de tutuş adamzadyň baýlygy hökmünde Bitaraplygymyzyň, şeýle hem parahatçylyk söýüjilik, ynanyşmak we hoşniýetlilik ýörelgelerimiziň halkara gatnaşyklaryndaky ähmiýeti barha ýokarlanýar. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň buýsanç bilen belleýşi ýaly, «Garaşsyzlyk halkymyzyň beýik mertebesiniň hem-de milli buýsanjynyň Ýer ýüzünde dabaralanmagydyr», «Bitaraplyk biziň doktrinamyzdyr, ol tutuş dünýäde parahatçylygy pugtalandyrmaga, halklaryň arasynda dost-doganlyk gatnaşyklaryny ösdürmäge çagyrýar, ynsanperwer ýörelgeleri dabaralandyrýar». Şoňa görä-de, çeper döredijilige, şygyr sungatyna, mugallymçylyk kärine belent sarpa goýýan Gahryman Arkadagymyz tarapyndan watançylyk dersinde türkmen halkynyň döwletlilik düşünjesiniň möhüm sütünleri bolan Garaşsyzlygymyzyň we hemişelik Bitaraplygymyzyň şöhratly ýolunda gazanylan tejribeler, bu iki mukaddes gymmatlygyň many-mazmuny, müňýyllyklardan gözbaş alýan pelsepesi häzirki günüň we geljegiň beýik maksatlary bilen baglanyşdyrylyp, häzirki zaman bilimleri, milli terbiýe, şahsyýetiň kämilligi, döwlet, berkararlyk we bagtyýarlyk baradaky dürdäne pikirler, şeýle hem watansöýüjilik şygarlary hem-de çagyryşlary bilen bitewüleşdirildi. Bu milli gymmatlyklarymyzyň türkmen halkynyň taryhy ykbalydygy, uly buýsanjydygy, üstünligidigi baradaky ruhlandyryjy jümleler arkaly watançylyk dersiniň ähmiýetini has-da dabaralandyrdy. Umumy sapagyň mazmunyndan gelip çykýan möhüm netije şudur: Garaşsyzlygyň hakyky güýji Garaşsyzlygyň gadyr-gymmatyna düşünýän şahsyýetlerde ýüze çykýar. Bitaraplygyň hakyky ruhy hem parahatçylygy, birek-birege hormaty we düşünişmegi durmuş ýörelgesine öwürýän adamlaryň medeniýetinde dowam edýär. Milli Liderimiziň belleýşi ýaly, Garaşsyzlyk we Bitaraplyk ýaly milli döwlet gymmatlyklaryny ýaş nesle düşündirmek bilen birlikde, olaryň şol gymmatlyklara mynasyp bolmagy üçin zerur bolan bilim-terbiýäni hem bermek möhümdir. Diýmek, Garaşsyzlygyň geljegini diňe ykdysady ýa-da syýasy ulgamlar däl, eýsem, şol gymmatlyklara düşünýän we olary durmuşynda dowam edýän adamlar ösdürýär. Şeýlelikde, Garaşsyzlygyň pelsepesi bilen milli terbiýäniň arasynda çuňňur baglanyşyk bar. Garaşsyz döwlet sagdyn pikirlenýän, bilimli, ruhy taýdan berk, zähmetsöýer we watansöýüji şahsyýetlere daýanýar. Milli terbiýe bolsa şeýle şahsyýetiň ruhy binýadyny döredýär. Bu manyda türkmençilik ýoly bilen häzirki zaman ösüşiniň arasynda hem baglanyşyk bardyr. Milli gymmatlyklara daýanýan, şol bir wagtyň özünde dünýäniň häzirki zaman bilimlerini, ylmy-tehniki gazananlaryny we täze pikirlerini özleşdirýän nesil Garaşsyz Türkmenistanyň iň uly ruhy we intellektual baýlygydyr. Milli Liderimiziň umumy sapagyny diňe talyp ýaşlara geçirilen sapak hökmünde däl-de, Garaşsyz Türkmenistanyň geljeginiň nähili şahsyýetlere daýanmalydygy baradaky giňişleýin pikirleniş hökmünde kabul etmek bolar. Gahryman Arkadagymyzyň sözlerinden we umumy sapagyň mazmunyndan gelip çykýan esasy filosofiýa: Garaşsyzlygy goramagyň iň ygtybarly ýoly — onuň gadyr-gymmatyna düşünýän, Watanyny söýýän, zähmeti bilen oňa hyzmat edýän we milli gymmatlyklary häzirki zaman bilimleri bilen utgaşdyryp bilýän kämil şahsyýeti terbiýelemekdir. Çünki döwletleriň geljegini şol gymmatlyklary döredýän we dowam edýän adamlar ösdürýär. Şol sebäpli Garaşsyzlygyň ertiri, ilkinji nobatda, ýaş nesliň kalbynda, aňynda, biliminde, zähmetinde we Watana bolan söýgüsinde kemala gelýär. Watançylyk dersindäki Milli Liderimiziň durnukly ösüş maksatlary, öňüni alyş diplomatiýasy, derwaýys sebit meseleleri boýunça umumadamzat ähmiýetli taryhy başlangyçlar, «Dialog — parahatçylygyň kepili» filosofiýasy, ählumumy abadançylygyň we rowaçlygyň hatyrasyna gönükdirilen bitaraplyk, parahatçylyk we dostluk taglymatlar, halkara söwda-ykdysady gatnaşyklaryny ösdürmek, daşky gurşawy goramak, energetika howpsuzlygyny üpjün etmek, halkara ulag geçelgelerini döretmek ugrundaky alnyp barylýan işler baradaky buýsançly sözleri türkmen halkynyň müňýyllyklaryň dowamynda emele gelen taryhy hakydasyny, milli buýsanjyny, asylly häsiýetlerini emele getirýän binýatdyr, ýaş nesillerimizi watançylygyň we ynsanperwerligiň belent ruhunda terbiýelemegiň ýol görkeziji ylmy-didaktik pelsepedir. Bu ylmy-didaktik pelsepeler Garaşsyzlygymyzyň we Bitaraplygymyzyň taryhy köklerine, binýatlyk ýörelgelerine, gadyr-gymmatyna düşünýän, Watanymyzy jany-teni bilen söýýän, döredijilikli zähmeti bilen il-güne hyzmat edýän, milli gymmatlyklarymyzy, ýörelgelerimizi, dessurlarymyzy häzirki zaman bilimleri bilen utgaşdyryp bilýän kämil şahsyýeti terbiýelemekde örän gymmatly çeşmelerdir. Umumy okuw sapagyň esasy aýratynlygy onuň diňe geçmişi ýatlatmak bilen çäklenmän, Garaşsyzlygyň manysyny häzirki günüň we geljegiň maksatlary bilen baglanyşdyrmagyndadyr. Garaşsyzlyk döwletiň öz ýoluny saýlamak mümkinçiligini aňladýan bolsa, Bitaraplyk şol ýoly parahatçylyk we hoşniýetli hyzmatdaşlyk ýörelgeleri bilen utgaşdyrmagyň nusgasydyr. Şeýlelikde, Garaşsyzlyk bilen Bitaraplyk türkmen halkynyň döwletlilik düşünjesiniň iki möhüm sütünini emele getirýär. Gahryman Arkadagymyzyň belleýşi ýaly, bu gymmatlyklaryň ähmiýeti diňe häzirki nesil üçin däl, eýsem, geljek nesiller üçin hem örän uludyr. Umumy sapagyň ikinji möhüm ugry türkmençilik ýolunyň we milli terbiýäniň ähmiýeti bilen baglydyr. Milli Liderimiziň türkmençilik baradaky pikirleri bu düşünjäni diňe däp-dessurlaryň toplumy hem-de halkyň asyrlaryň dowamynda kemala getiren durmuş pelsepesiniň, ahlak ýörelgeleriniň we jemgyýetçilik gatnaşyklarynyň bitewi ulgamy hökmünde kabul etmäge esas berýär. Milli terbiýe nesilleriň arasynda ruhy we ahlak dowamlylygyny üpjün edýän durmuş mekdebidir. Ulyny sylamak, kiçä hormat goýmak, sözüňde durmak, halal zähmete sarpa goýmak, myhmansöýerlik, agzybirlik, Watana wepalylyk, il-günüň bähbidini şahsy bähbitden ileri tutmak ýaly ýörelgeler türkmeniň asyrlarboýy kemala getiren durmuş medeniýetiniň möhüm bölekleridir. Gahryman Arkadagymyzyň aýdyşy ýaly, türkmen halkynyň milli däp-dessurlary we edep-ekram kadalary ýaş nesliň terbiýesinde möhüm ähmiýete eýedir. Sebäbi halkyň milli häsiýeti taryhy eserlerde ýa-da geçmiş hakyndaky maglumatlarda, şeýle hem gündelik durmuşdaky özüni alyp barşynda, adamlara bolan garaýşynda, uly-kiçi bilen gatnaşyklarynda, zähmete we Watana bolan gatnaşygynda hem ýaşaýar. Şol sebäpli häzirki döwürde milli terbiýäniň öňünde duran esasy wezipe geçmişi diňe gaýtalamak däl, eýsem, milli gymmatlyklary täze jemgyýetçilik şertlerinde ýaş nesliň durmuş tejribesine öwürmekdir. Milli Liderimiziň umumy sapakda öňe süren pikirleriniň möhüm taraplarynyň biri hem şu düşünjä syrygýar: milli gymmatlyklar ýaş nesliň aňynda diňe taryhy maglumat hökmünde däl, durmuş ýörelgesi hökmünde berkidilmelidir. Çünki gymmatlyk adamyň häsiýetine we gündelik hereketine öwrülende terbiýeçilik güýjüne eýe bolýar. Ýaşy uly adama hormat goýmak — diňe bir edep düzgüni däl, nesilleriň arasyndaky ruhy baglanyşygy goramakdyr. Zähmete sarpa goýmak — diňe hünär öwretmek däl, adamyň jogapkärçilik duýgusyny ösdürmekdir. Watany söýmek — diňe Watan barada buýsançly sözleri aýtmak däl, eýsem, öz bilimiň, zähmetiň, hünäriň we halal işiň bilen Watana peýda getirmekdir. Gahryman Arkadagymyzyň nygtaýşy ýaly, ýaş nesliň bilimli, hünärli, watansöýüji we ahlak taýdan kämil bolmagy döwletimiziň geljeginiň möhüm şertleriniň biridir. Bu ýerde aýratyn bir möhüm pikir öňe çykýar: ýaş nesle ynanmak, onuň şahsyýetine hormat goýmak, ukyp-başarnygyny ýüze çykarmaga şert döretmek terbiýäniň häzirki zaman usullarynyň biridir. Terbiýe ynam, görelde we jogapkärçilik arkaly has netijeli amala aşyrylýar. Milli Liderimiziň ýaşlar baradaky çykyşlarynda aýratyn nygtaýan pikirleriniň biri hem ýaş nesliň häzirki döwrüň bilimlerini we tehnologiýalaryny özleşdirmek bilen bir hatarda milli ruhy gymmatlyklaryna wepaly bolmagynyň zerurdygydyr. Bu iki ugur biri-birine garşy däldir. Gaýtam, häzirki zaman bilimi bilen milli terbiýäniň sazlaşygy kämil şahsyýetiň esasy binýadyny emele getirýär. Şonuň ýaly-da, zähmet terbiýäniň iň gadymy hem-de iň täsirli mekdepleriniň biridir. Gahryman Arkadagymyzyň belleýşi ýaly, ýaşlary bilim almaga, hünär öwrenmäge, halal zähmet çekmäge we döredijilik bilen meşgullanmaga ugrukdyrmak olaryň geljekki durmuşynda möhüm orun eýeleýär. Adam zähmet arkaly diňe bir hünär ýa-da maddy netije gazanmaýar. Ol sabyrlylygy, tertipliligi, jogapkärçiligi, maksada okgunlylygy we öz güýjüne ynanmagy öwrenýär. Şonuň üçin ýaşlary Watany söýmäge çagyrmak bilen bir hatarda, olary Watana peýdaly bolmaga, okamaga, öwrenmäge, döretmäge we halal zähmet çekmäge ugrukdyrmak aýratyn möhümdir. Şahsyýeti kemala getirmek meselesi hem hut şu ýerde başlanýar. Bilimli ýaşlar jemgyýetiň baýlygy bolsa, bilimini ahlak gymmatlyklary bilen birleşdirip bilýän ýaşlar döwletiň geljegidir. Milli Liderimiziň nygtaýşy ýaly, ýaşlaryň bilimli bolmagy, olaryň giň dünýägaraýyşly, ýokary ahlakly, watansöýüji we jemgyýetiň öňündäki jogapkärçiligine düşünýän şahsyýetler bolup ýetişmegi aýratyn möhümdir. Sebäbi bilim bilen birlikde ynsap, jogapkärçilik, watansöýüjilik, zähmetsöýerlik, adamkärçilik we öz-özüňe talapkärlik hem bolmalydyr. Hakyky şahsyýet öz mümkinçiliklerini diňe öz bähbidi üçin däl, jemgyýetiň we Watanyň ösüşi üçin peýdalanyp bilýän adamdyr. Şu nukdaýnazardan seredilende, Gahryman Arkadagymyzyň umumy okuw sapagynyň esasy manylarynyň biri Garaşsyz döwletde ýaş nesliň terbiýesiniň döwlet ösüşinden aýrylmazlygydyr. Kuwwatly döwletiň geljegi şol döwletde ýaşaýan nesilleriň bilimine, dünýägaraýşyna, ahlak sypatlaryna we Watana bolan jogapkärçilik duýgusyna baglydyr. Häzirki türkmen jemgyýetinde terbiýe meselesi maşgalanyň, mekdebiň ýa-da ýokary okuw mekdebiniň aýratyn wezipesi hökmünde, umumymilli maksat hökmünde kabul edilýär. Maşgala ilkinji terbiýe ojagy bolsa, bilim edaralary şol terbiýäni bilim we dünýägaraýyş bilen baýlaşdyrýar. Gahryman Arkadagymyzyň umumy okuw sapagynda öňe süren pikirleriniň ähmiýeti hut şu ýerde has aýdyň görünýär: şahsyýeti terbiýelemek diňe bir şu günüň wezipesi däl, geljegi gurmagyň iň möhüm şertleriniň biridir. Sebäbi jemgyýetiň medeni derejesi, döwletiň kuwwaty we ösüşiň durnuklylygy ahyrky netijede adamyň özünden başlanýar. Milli Liderimiziň watançylyk dersini geçirmekdäki ussatlygy — bu ähli bilim işgärleri üçin bilim işini nazaryýet we tejribe taýdan kämilleşdirmekde görelde mekdebidir. Gahryman Arkadagymyzyň umumy okuw sapagynyň konseptual ugurlary esasynda onuň many-mazmunyny has içgin özleşdirmek üçin ýurdumyzyň çagalar baglarynda, orta mekdeplerinde, hünär bilimi edaralarynda, meýilnamalara laýyklykda, dabaraly hem-de ylmy-amaly maslahatlary, söhbetdeşlikleri, sergileri, zehin, döredijilik, intellektual bäsleşiklerini, sport ýaryşlaryny, edebi agşamlary, göreldeli sapaklary, wagyz-nesihat çärelerini, kitap şüweleňlerini içine alýan ulgamlaýyn okuw, ylmy, terbiýeçilik çäreleriniň toplumy durmuşa geçiriler. Munuň özi ýaş nesilleriň Watanyň, jemgyýetiň, maşgalanyň, ata-enäniň öňündäki jogapkärçilik duýgusyny terbiýelemäge ýardam eder. Gahryman Arkadagymyzyň Watanymyzyň taryhyny, milli köklerimizi bilmek, olara guwanmak, buýsanmak, hemişe kämillige ymtylmak, türkmen oglanlarynyň we gyzlarynyň iň ajaýyp, iň gözel, iň näzik ahlak sypatlaryny özlerinde jemlemek, hakyky watançy, ilhalar, päk ahlakly, merdana adamlar bolup ýetişmek, bilim, zähmet, hünär bilen Watana peýda getirmek baradaky atalyk öwüt-ündewleri esasynda wagyz-nesihat işleri yzygiderli geçiriler, makalalar ýazylar, tele we radioýaýlymlary üçin tematiki gepleşikler tapgyrlary taýýarlanar. Gahryman Arkadagymyzyň Oguz han, Adybeg soltan, Jygalybeg, Görogly, Jelaleddin Meňburun ýaly ýurt azatlygy, Watan goragy ugrundaky söweşlerde mertlik görkezen milli gahrymanlarymyzyň gaýduwsyzlygyň belent mekdebidigi, türkmen topragynyň her bir daban ýeriniň mukaddesdigi, pederlerimiziň Watanyna wepaly, ynsanperwer, adalatly, sahawatly, asylly, sabyr-kanagatly ynsanlar bolandyklary baradaky peder pentleri esasynda bilim alýan hem-de edara-kärhanalarda zähmet çekýän ýaşlarymyzyň watansöýüjilik, agzybirlik we jebislik duýgularynyň has-da ösdürilmegine gönükdirilen baý many-mazmunly çärelere hem uly orun berler. Munuň özi terbiýäniň we bilimiň netijeliligini, aýratyn hem, ýaşlaryň bilimleriniň, gözýetimleriniň we garaýyşlarynyň derejesini has-da ýokarlandyrmaga mümkinçilik berer. Milli Liderimiziň aýratyn nygtan möhüm ugurlary boýunça ylmy we döredijilik işleri giň gerimde ýaýbaňlandyrylar. Bilim işine häzirki zaman innowasion, sanly bilim tehnologiýalaryny, emeli intellekti giňden ornaşdyrmak, dünýä ýaryşlarynda we halkara bilim bäsleşiklerinde ýurdumyza mynasyp wekilçilik edýän ýaşlary maksatlaýyn taýýarlamak işleri dowam etdiriler. Gahryman Arkadagymyzyň öňe süren taryhy teklipleri esasynda «Akylly jemgyýet» konsepsiýasynyň taslamasyny taýýarlamak işine öňdebaryjy ýaşlar hem-de talyplar işjeň çekiler. Bilim ulgamynda halkara hyzmatdaşlygynyň möhüm ugry hökmünde startaplary hem-de halkara ylym-bilim ýaşlar klasterlerini döretmek ugrunda zerur işler alnyp barlar. Gahryman Arkadagymyz türkmen halkynyň milli terbiýe mekdebiniň örän gadymy hem-de beýik taryhy ýoly barada durup geçip, Jeýtun we Änew medeniýetleri, Marguş şalygy, Altyndepe we Horezm siwilizasiýalary döwründe goýlan ylmyň we bilimiň, medeniýetiň we sungatyň ilkinji kerpiçleri, Parfiýa imperiýasynda, Gaznalylar we Garahanlylar döwletlerinde, Beýik Seljuk imperiýasynda, Horezmşalar, Garagoýunlylar we Akgoýunlylar döwletlerinde, Hindistandaky soltanlyklarda milli terbiýe mekdebi babatynda toplanan baý tejribe, Nusaý, Merw, Sarahs, Amul, Dehistan, Gürgenç, Abiwerd ýaly iri şäherlerde dürli ugurlarda bilim öwredýän medreseler barada buýsançly sözleri beýan etdi. Milli Liderimiziň «Mugallym — ýaş nesli terbiýeleýän, bilim berýän we olaryň geljegine uly täsir edýän hormatly hünäriň eýesi, beýik ynsandyr. Mugallym ýaş nesillerimize ýolgörkeziji şahsyýetdir» diýen peder pentlerine laýyklykda, mugallymlaryň hünär derejeleri yzygiderli kämilleşdiriler. Garaşsyzlygymyz we Bitaraplygymyz, taryhy-medeni gymmatlyklarymyz we milli mirasymyz, döwrümiziň üstünlikleri baradaky dürdäne jümleleriň esasynda täze okuw kitaplary, okuw-usuly gollanmalary we görkezme esbaplar taýýarlanylar, dürli tematiki gepleşikler ýazgy ediler. Hormatly Prezidentimiziň Bilimler we talyp ýaşlar güni mynasybetli ýurdumyzyň mekdep okuwçylaryna, talyp ýaşlaryna, mugallymlaryna we bilim işgärlerine iberen Gutlagyndaky: «Bilim ynsan paýhasynyň dowamatly ösüşidir, geçmişiň tejribesi bilen geljegiň innowasiýalaryny birleşdirýän köprüdir» diýen taglymatyndan, Gahryman Liderimiziň watançylyk umumy okuw sapagynda mugallymyň häsiýetleri barada beýan eden röwşen jümlelerinden hem-de nurana arzuwlaryndan ugur alyp, sagdyn, ylymly-bilimli, giň dünýägaraýyşly, zähmetsöýer nesli terbiýeläp ýetişdirmek mugallymlaryň hem-de bilim işgärleriniň, biziň ählimiziň baş wezipämiz bolar. Milli Liderimiziň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň alyp barýan il-ýurt bähbitli, umumadamzat ähmiýetli işleri, ylymdaky we döredijilikdäki, maşgala we nesil terbiýesindäki nusgalyk göreldeleri biziň ählimiz üçin watansöýüjiligiň beýik mekdebidir. Milli Liderimiziň okuw ýylynyň başyndaky umumy sapagynyň mazmuny bir möhüm hakykaty öňe çykarýar: Garaşsyzlyk döwlet üçin gazanylan beýik hukuk bolsa, ony ösdürmek we geljek nesillere mynasyp ýagdaýda geçirmek her bir raýatyň şahsy jogapkärçiligidir. Bitaraplyk bolsa şol Garaşsyzlygyň parahatçylykly, ynanyşmaga we hyzmatdaşlyga esaslanýan dünýägaraýşyndaky beýanydyr. Türkmençilik bolsa bu döwletlilik düşünjesiniň ahlak-ruhy köklerini emele getirýär. Diýmek, Garaşsyzlygyň pelsepesinden başlap, Bitaraplygyň parahatçylyk filosofiýasyna, türkmençilik ýolundan häzirki zaman bilimlerine, milli terbiýeden şahsyýetiň kämilligine çenli uzalýan bu ýol aslynda bir bitewi düşünjä — adam we döwlet, şahsyýet we Watan, geçmiş we geljek arasynda sazlaşyk döretmek düşünjesine gelip birleşýär. Gahryman Arkadagymyzyň umumy okuw sapagynyň esasy ähmiýeti-de hut şunda: ol ýaş nesle diňe geçmişi bilmegiň ýa-da şu güne düşünmegiň däl, eýsem, geljegi gurmagyň jogapkärçiligini hem ýatladýar. Mukaddes ýoluň ýörelgelerini bolsa şol jogapkärçiligi öz üstüne almaga taýýar, bilimli, ahlakly, zähmetsöýer, watansöýüji we milli ruhly şahsyýetleriň kemala gelmegi bilen üpjün edilýär. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň we Gahryman Arkadagymyzyň Garaşsyz Watanymyzyň mundan beýläk hem gülläp ösmegi ugrunda alyp barýan tutumly işleriniň, dünýäde parahatçylygyň hem-de dostlugyň pugtalandyrylmagyna ýardam berýän beýik başlangyçlarynyň elmydama rowaç bolmagyny arzuw edýäris. Hormatly Prezidentimiziň we Milli Liderimiziň janlary sag, ömürleri uzak, alyp barýan beýik işleri hemişe rowaç bolsun! Jumamyrat GURBANGELDIÝEW, Türkmenistanyň bilim ministri.
Döwletliligiň berk binýady
Häzirki döwürde Türkmenistanyň ykdysady kuwwaty diňe bir döwlet eýeçiligindäki iri toplumlara däl, eýsem, hususy pudagyň işjeňligine hem daýanýar. Döwlet — hususyýetçilik hyzmatdaşlygynyň ösdürilmegi netijesinde, ýurdumyzda importyň ornuny tutýan we eksporta gönükdirilen önümçilikler yzygiderli artýar. Türkmen halkynyň köpasyrlyk döwletlilik däplerine görä, ýurduň ykbalyna degişli möhüm çözgütler elmydama halk köpçüligi bilen maslahatlaşylyp kabul edilipdir. Bu asylly ýörelge häzirki wagtda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň işinde özüniň döwrebap beýanyny tapdy. Halk Maslahaty — ýurtda raýat jemgyýetini we halk demokratiýasyny berkitmegiň ygtybarly guralydyr. Gahryman Arkadagymyz «Ömrümiň manysynyň dowamaty» atly kitabynda Halk Maslahatynyň milli kökleri barada: «Halk Maslahaty öz mazmuny boýunça ata-babalarymyzyň ýaşululardan maslahat sorap, akyldar, ylymdar, il bähbidini araýan geňeşdarlaryny ýygnap, karara gelmek ýörelgesi bilen umumy esasy aňladyp, syýasaty öwrenişiň nukdaýnazaryndan alnanda, demokratiýany durmuşa ornaşdyrmagyň bir ugrudyr» diýip belleýär. Türkmen jemgyýetinde maslahatlaşmak, ýaşulularyň sözüne gulak asmak, il-günüň bähbidini nazara almak, döwletli işe başlamazdan öň geňeş etmek durmuş medeniýetiniň aýrylmaz bir bölegidir. Şu ýylyň 23-nji sentýabrynda paýtagtymyzdaky Maslahat köşgünde Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisi geçiriler. Häzirki wagtda umumymilli foruma taýýarlyk işleri örän ýokary derejede alnyp barylýar. Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk şanly baýramynyň öňüsyrasynda geçiriljek Türkmenistanyň Halk Maslahaty «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynyň esasy syýasy-jemgyýetçilik wakasy bolmak bilen, halk demokratiýasyny mundan beýläk-de dabaralandyrmakda, jemgyýetimizi mundan beýläk-de jebisleşdirmekde, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini ýokarlandyrmakda möhüm orun eýelär. Halk bilen geňeşmek, köpüň pikirine sarpa goýmak, paýhasly karara gelmek türkmeniň müňýyllyklardan dowam edip gelýän ýoludyr. Bu ýol diňe bir geçmişiň mirasy däl, eýsem, häzirki döwrüň we geljegiň ösüş ýörelgesidir. Häzirki döwürde Türkmenistan abadançylygyň, durnukly ösüşiň we ynamly öňegidişligiň ajaýyp nusgasyny görkezýär. Şeýle rowaçlygyň binýadynda parasatly pederlerimiziň asylly ýörelgeleri, halkymyzyň ruhy gymmatlyklary durýar. Türkmenistanyň Halk Maslahaty ýaşuly nesliň pähim-paýhasyny ýaşlaryň döredijilik kuwwaty bilen birleşdirýär. Bu günki gün ata-babalarymyzyň asylly däp-dessurlary diňe bir taryhy gymmatlyklar hökmünde goralmak bilen çäklenmän, eýsem, sazlaşykly hereket edýän döwlet dolandyryş ulgamynyň möhüm şerti hökmünde yzygiderli kämilleşdirilýär. Allaberdi BERDIÝEW, Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň mugallymy
Baky bagtyň şuglasy
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe türkmen halky ajaýyp zähmet üstünlikleri bilen bagtly geljege tarap okgunly barýar. Her bir işde halkyň bähbidini ileri tutýan döwletimiziň içeri we daşary syýasaty dünýä ýüzünde parahatçylygy pugtalandyrmaga, ýurtlaryň arasyndaky dost-doganlyk gatnaşyklary ösdürmäge gönükdirilendir. «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda milli gymmatlyklarymyzyň dünýä ýaýylmagy, ahalteke bedewlerimiziň şan-şöhratynyň has-da artdyrylmagy hoşniýetliligiň aýdyň beýanydyr. Häzirki ajaýyp döwrümizde ýurdumyzda her bir ugurda belent sepgitlere ýetilmegi üçin giň mümkinçilikleriň döredilmegi Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimiziň ykdysady kuwwatyny berkidip, ilatyň maddy taýdan üpjünçilik derejesini artdyrýar. Ata Watanymyzda gazanylýan üstünlikleriň, ösüşleriň özeninde hormatly Prezidentimiziň «Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!» diýen sahawatly syýasaty, ynsanperwer ýörelgesi durýar. Halkyň ýaşaýyş-durmuş derejesini has ýokary götermekde, ilatymyzyň dynç alşyny, saglygyny berkitmekde, bedenterbiýe we sport bilen meşgullanmaklarynda ähli şertler döredilendir. Şeýle beýik ösüşlere buýsanýan türkmen halky mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllyk toýuna ajaýyp zähmet ýeňişleri bilen barýar. Çünki toý-baýramlary üstünlikler bilen garşylamak asylly däbe öwrüldi. Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallalary netijesinde Türkmenistan döwletimiz bedew bady bilen öňe barýar. Watanymyzyň asudalygynda we berkararlygynda durmuşa geçirilýän beýik işler bu günki gazanylan üstünliklerimiziň netijesidir. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe çaga sesleriniň belentden-belent ýaňlanmagy bolsa ýurdumyzyň asudalygyndan we bagtyýarlygyndan nyşandyr. Garaşsyzlyk ýyllary halkymyzyň rysgal-berekedini artdyrýan, bagtyýar durmuşyny dabaralandyrýan ajaýyp üstünliklere baý boldy. Ýurdumyzy uly özgerişlere besleýän hormatly Prezidentimiziň durmuşa geçirýän ynsanperwer syýasatyna ähli halkymyz tüýs ýürekden guwanýar. Ýurdumyzda şanly baýramymyzyň toýlanýan günlerinde her bir adam özüniň zähmet sowgadyny taýýarlaýar. Ýazyjy özüniň ýiti galamy, sazanda ajaýyp saz eserleri, aýdymçylarymyz näzik owazlary, talyp ýaşlar oňat okamagy bilen baýramy garşy alýar. Şeýle şanly toýlar her bir ildeşimiziň kalbynda ýatdan çykmajak ýakymly täsirleri goýýar. Şunuň ýaly taryhy wakalar halkymyzyň kalbynda Watana bolan buýsanjy has-da belende göterýär. Gülnar BERKELIÝEWA, Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň mugallymy
Bilim ulgamynda şanly wakalar
Häzirki ajaýyp döwrümiz biziň her birimizi buýsandyrýar. Şeýle buýsançly pursatlarda bilim ulgamynda hem taryhy wakalaryň bolup geçýändigini bellemek gerek. Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň Arkadag şäheriniň Ruhyýet köşgünde geçen umumy okuw sapagy taryhy waka boldy. Bu şanly waka diňe bir ýaşlaryň kalbynda orun alman, eýsem, her bir bilim işgäriniň, mugallymyň, umuman, ähli ildeşlerimiziň ýüreginde buýsanç döretdi. Bilimler we talyp ýaşlar güni hem-de täze okuw ýylynyň başlanmagy mynasybetli geçirilen umumy okuw sapagynyň çuňňur many-mazmuny bardyr. Bu taryhy umumy okuw sapagy ýurdumyzyň beýik ösüşlerini we röwşen geljegini, halkymyzyň şöhratly taryhyny aýdyň beýan etdi. Gahryman Arkadagymyz umumy okuw sapagynyň dowamynda ýurdumyzyň taryhy, ýaş nesli milli ruhda terbiýelemek hem-de şöhratly pederlerimiz, beýik şahsyýetlerimiz, ene dilimiz, milli edebiýatymyz barada giňişleýin gürrüň berdi. Milli Liderimiziň çykyşy ýaş nesle bilim-terbiýe berýän mugallymlar üçin hem uly ähmiýete eýedir. Çünki Gahryman Arkadagymyzyň çuňňur many-mazmunly geçiren umumy okuw sapagy mugallymlar üçin beýik nusgadyr. Gahryman Arkadagymyzyň her bir sözi ýurdumyzyň ýaşlaryna goýulýan uly sarpa, egsilmez ynama, belent buýsanja ýugrulandyr. Türkmen halkynyň irki döwürlerden gözbaş alýan buýsançly taryhy, beýik şahsyýetleri barada durup geçmek bilen, Gahryman Arkadagymyz ýaşlara beýik göreldäni beýan etdi. Bu bolsa ýaşlary şöhratly pederlerimiziň ýoluny mynasyp dowam etmäge, okamaga we öwrenmäge ruhlandyrdy. Ýaşlaryň özlerine bildirilen şeýle beýik ynam olaryň belent başlaryny göge ýetirdi. Häzirki wagtda ýurdumyzda ähli pudaklar boýunça innowasiýalara ýokary ähmiýet berilýär. Çünki häzirki döwürde sanly ulgamyň, täze innowasiýalaryň, emeli aňyň, tehnikalaryň tiz ösýändigini görmek bolýar. Dünýä derejesindäki şeýle ösüşlerden habarly bolmak we innowasiýalary özleşdirmek ýaş nesilleriň baş maksady bolup durýar. Bu ugurda köp işler durmuşa geçirilýär. Taryhy umumy sapakda bular babatda giňişleýin beýan edildi. Gahryman Arkadagymyzyň ýaşlara döwrüň möhüm ylym-bilimlerini öwrenip-özleşdirip, kämil derejeli hünärmenler bolup ýetişmekleri barada aýdanlary hem ýaşlarda uly täsir galdyrdy. Umumy okuw sapagynyň dowamynda Gahryman Arkadagymyzyň watansöýüjilik, edep-terbiýe, ylym-bilim barada aýdanlarynyň ýaşlar üçin, biziň her birimiz üçin gymmaty örän uludyr. Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň nusgalyk kitaplary hem biziň üçin gymmatly gollanmadyr. Şeýle hem mugallym, ilhalar ynsan Berdimuhamet Annaýewiň bize miras goýan halypalyk ýol-ýörelgesi bilim işgärleri üçin ajaýyp görelde mekdebidir. Biz Gahryman Arkadagymyzyň taryhy umumy okuw sapagy üçin tüýs ýürekden buýsanjymyzy beýan edýäris. Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, il-ýurt bähbitli beýik işleri üstünliklere beslensin! Serdar GURDOW, Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň uly mugallymy
Asylly ýörelgeler rowaçlanýar
Täze okuw ýylynyň ilkinji günlerinde türkmen halkynyň Milli Lideri, Gahryman Arkadagymyzyň Arkadag şäheriniň Ruhyýet köşgünde geçiren taryhy umumy okuw sapagy 2021-nji we 2023-nji ýyllaryň 1-nji sentýabrynda geçiren umumy sapagynyň logiki dowamy bolup, her bir türkmenistanlynyň, aýratyn-da, bilim işgärleriniň kalbynda egsilmez buýsanç duýgularyny oýardy. Alym Arkadagymyz watançylyk umumy okuw sapagynda Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň şöhratly taryhy, ýurdumyzyň durmuş-ykdysady ösüşi, ýaşlarymyzyň döwletiň, jemgyýetiň, ata-enäniň hem-de maşgalanyň öňündäki borçlary hakynda durup geçdi. Gahryman Arkadagymyz sapagyň dowamynda milli terbiýäniň, edep-kadalaryň, maşgala mukaddesliginiň, nesil terbiýesinde türkmençilik mekdebiniň inçe ýolunyň, hem-de kitaba we ylma bolan hormatyň ynsany kämillige ýetirýän baş şertdigini nygtady. Häzirki XXI asyrda, sanly ulgamyň we emeli aňyň çalt ösýän döwründe dünýä dillerini we innowasion tehnologiýalary düýpli öwrenmek bilen birlikde, öz milli häsiýetlerimizi we aslymyzy gorap saklamalydygymyz baradaky nesihatlar her bir ene-atany, aýratyn-da, biz — bilim işgärlerini has-da belent maksatlara ruhlandyrdy. Gahryman Arkadagymyz taryhy çykyşynda ýurdumyzyň daşary syýasat ugruna, häzirki zaman dünýäsinde berkarar döwletimiziň tutýan ornuna we hemişelik Bitaraplygymyzyň ähmiýetine aýratyn üns çekip, Bitaraplygyň dialoga we parahatçylyga daýanýandygyny belledi. Milli Liderimiz Bitaraplygyň mümkinçilikleriniň uludygyny aýtmak bilen, «Türkmenistan bitaraplygyň nazaryýetini hem-de amalyýetini baýlaşdyrmagyň, syýasy we ylmy binýadyny döretmegiň üstünde işlemegini dowam edýär. Bitaraplyga ýöriteleşen halkara hünärmenleri taýýarlamak bu işiň örän möhüm tarapy bolup durýar» diýip nygtady. «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň Parahatçylyk we bitaraplyk uniwersitetini esaslandyrmak baradaky teklibini iş ýüzünde durmuşa geçirmegiň ilkinji ädimi hökmünde Türkmen diplomatiýasynyň milli mekdebinde Parahatçylyk we Bitaraplyk kafedrasynyň döredilmegi, şu okuw ýylynda bu ugur boýunça ilkinji magistrleriň okuwa kabul edilmegi, bu kafedranyň ýanynda Parahatçylygyň, bitaraplygyň we öňüni alyş diplomatiýasynyň akademiki merkezini döretmek boýunça alnyp barylýan işler munuň aýdyň subutnamasydyr. Gahryman Arkadagymyz talyplaryň ylmy-döredijilik we professional taýdan ösmekleri üçin täze we uly mümkinçilikleriň açylýandygyny aýratyn belledi. Bitaraplyk diňe bir syýasy düşünje bolman, eýsem, halkara hyzmatdaşlygyň durnukly nusgasy hökmünde ykdysadyýeti, ylym-bilimi, innowasion tehnologiýalary, medeniýeti, sporty, maglumat-kommunikasiýa ulgamyny we beýleki köp sanly ugurlary öz içine alýan giň göwrümli taglymatdyr. Umumy okuw sapagyň dowamynda Gahryman Arkadagymyz milli diplomatiýamyzda halypa-şägirtlik ýolunyň ähmiýetine, tejribeli diplomatlaryň geljekki hünärmenlere bilim-terbiýe bermegine döredilýän şertlere aýratyn üns çekdi. Hususan-da, halkara giňişlikde döwletimiziň bähbitlerini goran halypa diplomatlarymyz — Türkmenistanyň Gahrymanlary Aksoltan Ataýewanyň we Çynar Rustemowanyň bitiren taryhy hyzmatlaryna Milli Liderimiz tarapyndan ýokary baha berilmegi geljekki diplomatlary kemala getirýän biziň ýokary okuw mekdebimiz üçin aýratyn bir buýsanç we uly jogapkärçilikdir. Milli Liderimiziň watançylyk sapagyndaky: «Ynsany kämillige we belent mertebä ýetirýän gymmatlyk, ilkinji nobatda, ylym we bilimdir. Şoňa görä-de, kämil bilim almak, okamak, döretmek, eziz Watanymyzyň şan-şöhratyny dünýä ýaýmak bagtyýar ýaşlarymyzyň mukaddes borjudyr» diýen sözlerinden ruhlanan türkmen ýaşlary, aýratyn-da, Türkmen diplomatiýasynyň milli mekdebiniň talyplary ata Watana wepaly bolup, parahatçylygyň nyşany bolan türkmeniň ýaşyl baýdagyny dünýäde belentden parlatjakdygyna tüýs ýürekden ynanýarys. Begenç MÄTLIÝEW, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň ylmy işler boýunça prorektory.
Ylmyň we tehnologiýanyň ösüşleri
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz Arkadag şäheriniň Ruhyýet köşgünde geçen umumy sapagynda şeýle belledi: «Häzirki XXI asyr tehnikanyň we tehnologiýanyň, sanly ulgamyň hem emeli aňyň yzygiderli ösýän asyrydyr. Häzirki ýaşlar sanly ulgamdan giňden peýdalanýarlar, emma her bir täzelik milli häsiýetimizden, türkmençilik däplerimizden üzňe bolmaly däldir. Islendik gyzyklanmanyň özüňi alyp baryş medeniýetiňe, dünýägaraýşyňa, ruhy ýagdaýyňa ýiti täsir edýändigi lukmançylyk ylmynda subut edilendir. Sanly ulgamyň çäksiz mümkinçiliklerini ýerlikli, öz akyl-paýhasyňy, başarnygyňy kämilleşdirmek üçin netijeli peýdalanmak ýaşlarymyzyň öňündäki jogapkärçilikdir». Täze taryhy döwürde Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan ylym we tehnologiýalar ulgamyny ösdürmegi döwlet syýasatynyň esasy ugurlarynyň biri hökmünde kesgitlemek bilen, hemmetaraplaýyn özgertmeler ýolunda ynamly öňe barýar. Jemgyýetiň we ykdysadyýetiň esasy daýanç sütünleriniň biri bolan ylym-bilim we innowasion tehnologiýalar ulgamlaryny kämilleşdirmek, yzygiderli ösdürmek ileri tutulýan ugurlardyr. Agzybir, asuda halkymyzyň eşretli we bagtyýar durmuşyny üpjün etmekde milli ylym-bilim we innowasion tehnologiýalaryň ösüşiniň möhüm ähmiýeti bardyr. Ata-babalarymyzyň asyrlaryň dowamynda toplan milli tejribesine, milletiň medeni däp-dessurlaryna we özboluşlylygyna esaslanýan Türkmenistanyň ylym-bilim we innowasion tehnologiýalar ulgamlaryny dünýäniň bu ulgamlary bilen sazlaşykly we utgaşykly ösdürmek esasy wezipeleriň biridir. Ylym-bilim we innowasion tehnologiýalaryň gazanan netijeleriniň halkara jemgyýetçiliginiň ösüşine goşant goşýandygyny göz öňünde tutmak bilen, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe milli bilimi we ylmy çalt depginler bilen ösdürmek we dünýäniň ösen ýurtlarynyň derejesine çykarmak ugrunda uly işler amala aşyrylýar. Şonuň üçin döwlet tarapyndan bilimiň we ylmyň ösüşine goldaw bermek üçin ähli şertler döredildi hem-de kanunlar kabul edildi. Türkmenistanda bilimiň we ylmyň ösüş depginlerini ýokarlandyrmak üçin olaryň netijeli dolandyryş gurluşy döredildi. Aşgabat, Arkadag şäherlerinde we ýurdumyzyň dürli künjeklerinde mekdebe çenli ýaşly çagalar, orta we ýokary okuw mekdepleri üçin täze binalaryň, çagalar üçin sagaldyş we dynç alyş merkezleriň gurulmagynyň dowam edýändigi muňa mysal bolup biler. Ylym-bilim we innowasion tehnologiýalar ulgamlarynyň, tejribehana enjamlarynyň, okuw-öwrediş maksatnamalarynyň ornaşdyrylmagy okuw binalarynyň gurulmagy bilen sazlaşykly alnyp barylýar. Türkmenistanda berilýän bilimiň hilini we netijeliligini ýokarlandyrmak üçin ulgama innowasion tehnologiýalary, olara degişli häzirki zaman kompýuterleri, multimedia okuw-öwrediş serişdeleri giňden ornaşdyrylýar. Bu täze tehnologiýalaryň netijeliligini ýokarlandyrmak üçin zerur öňdebaryjy internet tehnologiýalary we ulgamy yzygiderli ösdürilýär, milli elektron okuw serişdeleri işlenip taýýarlanylýar. Öňdebaryjy ylmy-tehniki çözgütleriň, innowasiýalaryň giňden ornaşdyrylmagy durnukly ösüşiň möhüm meseleleriniň netijeli çözülmeginiň, adamlaryň ýaşaýyş-durmuş derejesini ýokarlandyrmagyň esasy şerti bolup durýar. Hormatly Prezidentimiz dünýäniň ösüşlerine goşulyşmak we durmuşyň ähli ugurlarynda olar bilen deň gadam urýan milli strategiýany amala aşyrmak babatynda asyrlara barabar özgertmeleri amala aşyrýar. Şeýle özgertmeleriň mazmuny durnukly ösýän ýurdumyzyň tehnologik täzeliklere bolan ymtylmalarynda has aýdyň ýüze çykýar. Has takygy, häzirki zaman milli jemgyýetimiz innowasiýalaryň artdyrylmagyny, täze tejribeleriň öwrenilmegini, dünýäniň ylym-bilim merkezleri, halkara guramalar bilen hyzmatdaşlygy ýola goýýar. Häzir döwrüň ösüşlerinde uçdantutma sanlylaşdyrmak, ony ylmyň, tehnikanyň öňdebaryjy tejribeleriň esasynda ösdürmek strategiýasy alnyp barylýar. Sanly bilim ulgamynyň gurluşy we işledilişi baradaky düşünjeler innowasion tehnologiýalaryň ulanylmagynyň ýola goýulmagyndan, maglumat gorlarynyň bir ulgama saýlanylmagyndan, portallarda ýerleşdirilmeginden, olar bilen işlemegiň usulyýet esaslarynyň nazary hem-de amaly taraplarynyň ýola goýulmagyndan, netijede, maglumat üpjünçiliginiň baý bolmagynyň, aragatnaşygyň uzak aralykdan amala aşyrylmagynyň mümkinçilikleri baradaky düşünjeleriň emele getirilmeginden hem-de öwrenilenleriň durmuşda ýerlikli peýdalanylmagyndan ybaratdyr. Güýçgeldi BERDIÝEW, Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň uly mugallymy.
Награда – туркменскому учёному
Туркменистан акцентирует внимание мирового сообщества на вопросах в сфере экологии и путях решения задач, связанных с изменением климата, рациональным природопользованием, бережным отношением к водным ресурсам и сдерживанием процессов опустынивания. Проводимая работа служит реализации Национальной программы по социально-экономическому развитию страны на 2011–2030 годы, включающей вопросы экологической безопасности и охраны окружающей среды. Одной из граней этой работы является международное сотрудничество, где взаимодействие обозначило желание крупных научных центров континента и мира отметить уникальную работу туркменских учёных порой в узкопрофильных областях. Так, решением экспертного Совета многопрофильной Академии непрерывного образования Российской Федерации в рамках проекта по признанию заслуг и достижений руководителей и педагогов образовательных организаций золотой медалью В.И.Вернадского награждён туркменский учёный, исследователь пустынь Туркменистана и Казахстана, географ и гидрометеоролог, заведующий кафедрой гидрометеорологии Туркменского государственного университета имени Махтумкули Гапурджан Хамраев. Основная цель российского учреждения – удовлетворение потребностей граждан в профессиональном образовании, предоставлении эффективных программ повышения квалификации и переподготовки, с учётом индивидуальных запросов, а также поощрение специалистов за развитие новых направлений в педагогике и естественно-географических науках, верность традициям национального образования, их преемственность и неразрывность процессов обучения и воспитания. В интервью газете Г.Хамраев пояснил, что его исследования посвящены комплексным методам защиты различных типов инженерных объектов от песчаных заносов и выдувания ветром с использованием местных материалов, достижению равновесия между хозяйственным освоением и экологическим состоянием территории, поддержанию природной стабильности пустынных экосистем в условиях антропогенного воздействия. Научный руководитель, активный публикатор, участник научных экспедиций в различные районы Туркменистана с целью изучения динамики дефляционно-аккумулятивных процессов на подвижных и задернованных песчаных формах рельефа пустынь, продолжает педагогическую деятельность, преподаёт физическую географию и геоэкологию ландшафтного разнообразия Каракумов, курс по взаимодействию природных и антропогенных факторов. Как лектор затрагивает космические методы в метеорологии и биометеорологии, гидрометеорологические аспекты охраны окружающей среды, мелиоративную географию, проводит занятия по дисциплине «Особенности развития современной географической науки» на факультете повышения квалификации для учителей средних школ Туркменистана. С 2012 года и по настоящее время Г.Хамраев является членом Высшего профессионально-аттестационного комитета АНТ, имеет благодарственные письма и почётные грамоты от государственных учреждений и общественных объединений за природоохранную деятельность, избирался делегатом Халк Маслахаты от Беркарарлыкского этрапа (2018 г.), с 2023 года является докторантом Национального института пустынь, растительного и животного мира. Среди других иностранных наград – почётная грамота МГУ им.Ломоносова, медаль имени академика Н.Н.Моисеева и диплом лауреата III степени за инновационную методику математического расчёта возможного переноса песка ветром в пустынных районах, диплом и медаль РАЕН за методы мелиоративной географии, изложенные в научных работах «Особенности проведения фитомелиоративных работ для защиты инженерных объектов от дефляционных процессов в пустыне Каракумы» и «Оценка интенсивности эоловых процессов на песчаных массивах туркменского Прикаспия». Подготовила Елена ДОЛГОВА, «НТ»
Источник вдохновения – ахалтекинский конь
Бахар ПИРГУЛЫЕВА,преподаватель кафедры ковроделия факультета декоративно-прикладного искусства Государственной художественной академии Туркменистана: – Для меня ахалтекинский конь является источником вдохновения. Поэтому своё ковровое произведение я назвала «Мой источник вдохновения – мой скакун». Эскиз ковра создавался мной в течение полугода, затем началась работа на станке, ковёр был соткан за два месяца. И я счастлива, что международное жюри высоко оценило мою работу, присвоив мне вторую премию. Путь эволюции образа скакуна в истории туркменского искусства ковроделия раскрывает перед нами особую роль скакунов как в прошлом, так и в настоящем и будущем туркменского народа. Научное изучение отображения образа ахалтекинского скакуна в современных ковровых произведениях имеет огромное значение, так как в творчестве современных художников ковра особое место занимают произведения искусства, воспевающие красоту и стремительность скакуна. В эру Возрождения новой эпохи могущественного государства претворяется в жизнь крупномасштабная деятельность по дальнейшему развитию коневодческого искусства, отточенного тысячелетиями, приумножая чувство национальной гордости за туркменских скакунов, являющихся украшением государственных праздников и одерживающих победы на многочисленных скачках. Сегодня благодаря заботе Национального Лидера туркменского народа, Председателя Халк Маслахаты Героя-Аркадага и Президента Сердара Бердымухамедова туркменское коневодство выведено на международный уровень. * * * Мероприятия, прошедшие в Кроненберге, стали одним из самых ярких событий юбилейного для Туркменистана года – 35-летия независимости страны, проходящего под девизом «Независимый нейтральный Туркменистан – родина целеустремлённых крылатых скакунов». Грандиозный праздник, объединивший представителей из разных стран, продемонстрировал величие сотрудничества и дружбы, взаимопонимания и спортивной конкуренции, став торжеством красоты ахалтекинского скакуна, туркменских национальных традиций и культуры коневодства, а также достижений страны за годы независимости, стремительное развитие которой подобно стремительной поступью «небесных» скакунов. Инна БУРОВА, «НТ». Фото автора и Арслана МУЛЛИКОВА.
Источник вдохновения – ахалтекинский конь
Пыгы БАЙРАМДУРДЫЕВ,ректор Международной академии коневодства имени Аба Аннаева: – Наше государство создаёт все необходимые условия для развития коневодства и конного спорта на международном уровне. Особое отношение к нашим благородным скакунам и значительные усилия по укреплению их мировой славы стали возможны благодаря великим начинаниям Национального Лидера туркменского народа, Председателя Халк Маслахаты Гурбангулы Бердымухамедова и Президента Сердара Бердымухамедова. В этом контексте замечательные труды нашего Героя-Аркадага служат ценным ориентиром не только для туркменского народа, но и для народов всего мира. Перевод книги Героя-Аркадага «Конь – символ верности и счастья» на нидерландский язык стал своеобразным культурным мостом: он не только ближе ознакомит жителей Нидерландов с искусством туркменского коневодства и джигитовки, богатым культурным наследием и благородными ценностями нашего народа, но и откроет новые возможности для развития международного сотрудничества в сфере коневодства. Этот ценный труд нашего Героя-Аркадага является бесценным достоянием не только для мирового сообщества, но и для преподавателей и студентов Международной академии коневодства имени Аба Аннаева. Благородный туркменский скакун является национальной гордостью нашего народа. Листая страницы этой книги, мы видим огромные успехи, достигнутые благодаря усилиям Героя-Аркадага по приумножению славы ахалтекинских скакунов, выведению её на новые высоты и росту их известности по всему миру. Ярким тому подтверждением служат международные мероприятия, посвящённые ахалтекинским скакунам, проведённые в Королевстве Нидерландов. Мы выражаем безграничную благодарность нашему Герою-Аркадагу за подаренную народу книгу «Конь – символ верности и счастья» – труд, наполненный глубоким смыслом и богатыми ценными научными сведениями. Мы глубоко признательны Национальному Лидеру туркменского народа Герою-Аркадагу и нашему Аркадаглы Герою Сердару, подарившим нам столь прекрасную и счастливую эпоху. От всего сердца желаем здоровья и долгих лет жизни Герою-Аркадагу и Аркадаглы Герою Сердару, служащим для нас великим примером и мудрыми наставниками во всех начинаниях.
Внедряя мировые практики
Реализуемая под руководством Президента Сердара Бердымухамедова социальная политика Туркменистана последовательно демонстрирует системность и высокую динамику поступательного развития во всех сферах жизни общества и государства. Поступательное укрепление внутренней социальной среды и расширение горизонтов международной интеграции выступают ключевыми ориентирами развития страны. Вектор на создание равных возможностей для всех граждан нашёл яркое практическое воплощение в реализации совместных инициатив с Детским фондом ООН (ЮНИСЕФ), направленных на совершенствование национальной системы инклюзивного обслуживания и поддержки семей. В рамках этой работы в Ашхабаде состоялся специализированный обучающий семинар, посвящённый формированию межведомственной системы помощи детям с расстройствами аутистического спектра (РАС) и их семьям. В качестве международного эксперта ЮНИСЕФ в мероприятии приняла участие специалист Санкт-Петербургского института раннего вмешательства Юлия Русанова. Форум объединил усилия профильных специалистов Министерства образования, Министерства здравоохранения и медицинской промышленности, а также Министерства труда и социальной защиты населения Туркменистана. В работе семинара приняли участие члены медико-педагогических групп, педагогический состав и воспитатели экспериментальных дошкольных образовательных учреждений столицы и велаятов. Практическая часть программы была организована на базе столичного детского сада № 111. Главный фокус внимания участников был сосредоточен на освоении передовых инструментов ранней диагностики РАС, совершенствовании способов межведомственной координации и оказании методической помощи семьям. Сочетание теоретических сессий и интенсивной практической работы позволило профильным специалистам выработать единый комплексный подход к сопровождению детей на самых ранних этапах развития, что закладывает прочную основу для дальнейшей социальной адаптации и успешного инклюзивного образования. Подготовила Гозел ДЖАПБАРОВА, «НТ»
Çawy äleme dolan dabaralar
Arslan ATAHANOW,Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň mugallymy, atlaryň gözelligini nakgaşçylyk eserlerinde wasp etmek boýunça bäsleşigiň ýeňijisi: — Ahalteke atlarynyň dünýä çempionatynyň çäklerinde guralan «Ahalteke bedewi — gözelligiň naýbaşy nusgasy» atly halkara bäsleşikde nakgaşçylyk ugry boýunça ýeňiji bolmagym meni diýseň begendirdi we täze döredijilikli gözleglere ruhlandyrdy. Öz döreden eserimde halkymyzyň guwanjy bolan behişdi bedewlerimiziň gaýtalanmajak owadanlygyny, täsin öwüşginlerini we olaryň asylly häsiýetini reňkleriň üsti bilen kämil derejede tanyşdyrmaga çalyşdym. Döredijilik bäsleşigi behişdi bedewlerimize hem-de medeniýete we sungata goýulýan uly sarpanyň nyşanydyr. Milli mirasymyzy sungat arkaly bütin dünýä görkezmäge giň ýol açýan, milli döredijiligiň we sungatyň yzygiderli ösmegine uly üns berýän Gahryman Arkadagymyza, hormatly Prezidentimize alkyşlarymyzy aýdýarys.
Çawy äleme dolan dabaralar
Patdyk PATDYKOW,Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň mugallymy, atlaryň gözelligini heýkel eserlerinde wasp etmek boýunça bäsleşigiň ýeňijisi: — Milli mirasymyz we buýsanjymyz bolan behişdi bedewlerimiziň gaýtalanmajak gözel keşbini heýkeltaraşlyk sungaty arkaly şekillendirmek meniň üçin diňe bir döredijilik wezipesi däl, eýsem, belent mertebedir. Niderlandlar Patyşalygynda guralan halkara bäsleşikde «Maşgala» diýlip atlandyran heýkel eserimiň baş baýraga mynasyp görülmegi çeken yhlasly zähmetime goýlan belent sarpanyň nyşanydyr. Maňa ozal hem 2020-nji we 2022-nji ýyllarda Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli geçirilen bäsleşiklerde ýeňiji bolmak miýesser edipdi. Bu gezekki bäsleşikde-de baş baýraga mynasyp bolmak has-da buýsandyryjy. Bize — döredijilik işgärlerine şeýle giň mümkinçilikleri döredip, ajaýyp milli gymmatlyklarymyzy dünýä ýüzünde dabaralandyrýan, milli medeniýetimiziň täze belent sepgitlere ýetmegi ugrunda uly tagallalary edýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun!
Çawy äleme dolan dabaralar
Gunça ŞAMYRADOWA,Aba Annaýew adyndaky Halkara ahalteke atçylyk akademiýasynyň mugallymy, «Ahalteke atlary — parahatçylygyň ilçileri» atly ÝUNESKO klubynyň başlygy: — Ahalteke atlarynyň arasynda atly sport we gözellik bäsleşikleriniň guralmagy türkmen bedewiniň dünýäniň dürli künjeginde ýaşaýan muşdaklaryny bir ýere jemledi. Şeýle uly wakalaryň çäginde «Ahalteke bedewi: Türkmeniň dünýewi seýisçilik sungaty» atly halkara maslahatyň geçirilmegi atçylygy ylmy nukdaýnazardan ösdürmäge we bu babatda pikir alyşmaga döredilen möhüm meýdança boldy. Häzirki wagtda halklary we kalplary birleşdirýän ahalteke atlary geçmiş bilen geljegiň arasyndaky köpri bolup durýar. Türkmeniň wepaly dosty, buýsanjy we syrdaşy bolan ahalteke atlarynyň şanyna Ýewropada guralan bäsleşiklere dünýäniň çar ýanyndan gatnaşyjylaryň gelmegi milli gymmatlyklarymyzyň şan-şöhratynyň dünýä dolýandygyny görkezýär. Bu uly tagallalary edýän hormatly Prezidentimize, Gahryman Arkadagymyza tüýs ýürekden alkyş aýdýarys.
“Bedew atym — çüwen bagtym”
Seýitdurdy GULJANOW,Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynyň talyby: — Gahryman Arkadagymyzyň «Bedew — ösüşlere ýetmegiň nusgasy, bizi beýik üstünliklere telwaslandyrýan uly güýç» diýip belleýşi ýaly, türkmen halky bedewleri rowaçlyga ýetirýän nyşan hasaplaýar. Bedew atlara söýgim maňa-da ykbalymyň iň ýakymly pursatlaryny bagyşlaýar. Jerengözli diýen gara gysragymyzyň Niderlandlarda geçirilen dünýä çempionatynyň çäginde bir we iki ýaşar ahalteke atlarynyň arasyndaky gözellik bäsleşiginde ýeňiji bolmagy hem ömür kitabymy bezeýän ajaýyp wakalaryň biri boldy. Maňa «Pilbergen» atçylyk-sport toplumynda guralan dabaranyň dowamynda hormatly Prezidentimiziň we Gahryman Arkadagymyzyň sylagy bolan 3 müň ýewro möçberindäki pul baýragyny, bäsleşigiň kubogyny ýüze sylmak bagty miýesser etdi. Jerengözli Halkara ahalteke atçylyk sport toplumyna degişli. Ony bu bäsleşige taýýarlamak üçin yhlasymy gaýgyrmadym. Özüm kiçiligimden atlary juda gowy görýärin. Kakam Suhandurdy Kuljanow ençeme ýyllardan bäri Halkara ahalteke atçylyk sport toplumynda seýis-tälimçi bolup işläp gelýär. Men hem peder ýoluny dowam etdirip, bu ugurdan birnäçe ýyllap zähmet çekdim. Soňra bolsa nesibäm çekip, ýurdumyzyň ilkinji «akylly» şäherinde açylan Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasyna okuwa girdim. Seýisleýän, taýýarlaýan atlarymyz bilen Diýarymyzda geçirilýän bäsleşiklere gatnaşyp, baýrakly orunlara yzygiderli mynasyp bolýarys. Şu ýylyň maýynda Özbegistanynyň Daşkent şäherinde «Gündogaryň merjeni» ady bilen geçirilen atly sport we gözellik bäsleşiklerinde-de bedewlerimiziň birnäçesi ýeňiji bolup, bizi juda begendirdi. Halkymyz «Ata atym-atym diýseň at bolar», «At — myrat» diýýär. “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany” ýylynda Ýewropa yklymynda geçirilen dünýä çempionatynda yhlas bilen taýýarlan atymyň ýeňijileriň hatarynda bolmagy başymy göge ýetirdi. Biz şeýle ýeňişleriň ählisiniň aňyrsynda Milli Liderimiziň, hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalarynyň durandygyny hemişe buýsanç bilen aýtmaga haklydyrys. (Ýörite habarçymyz)
Parfiýa atlary we arheologiýa
Türkmenistanyň taryhy-medeni ýadygärliklerini ylmy taýdan öwrenmekde uly hyzmatlary bitiren alymlaryň biri-de Russiýa Federasiýasynyň Ylymlar akademiýasynyň Arheologiýa institutynyň nusgawy arheologiýa bölüminiň esasy hünärmeni, taryh ylymlarynyň doktory Wiktor Nikolaýewiç Pilipkodyr. W.N.Pilipko dünýäniň ylmy jemgyýetçiliginde ýurdumyzyň gadymy ýadygärlikleriniň, esasanam, Parfiýa döwletiniň taryhy boýunça hünärmen hökmünde giňden tanalýar. 2013-nji ýylda W.N.Pilipko Türkmenistanyň şöhratly taryhyny öwrenmekde bitiren hyzmatlary, arheologiýa açyşlary we türkmen medeniýetiniň gadymylygyny dünýä ýaýmaga goşan uly goşandy üçin Magtymguly adyndaky halkara baýrak berildi. 2024-nji ýylda ol Türkmenistanyň «Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna» atly ýubileý medaly bilen sylaglandy. Şu ýyl güneşli ýurdumyzyň dosty, görnükli alym Wiktor Pilipko segsen bäş ýaşaýar. Golaýda goja arheolog sanly ulgam arkaly özüniň Parfiýa atlaryna bagyşlan makalasyny bize iberdi. Taýýarlan Meretgylyç ÝAGMYROW,žurnalist. Gadymy döwürlerde bolşy ýaly, biziň günlerimizde-de halklar tarapyndan dürli şertlerde ösdürilip ýetişdirilýän, belli-belli maksatlar üçin ulanylýan atlar bar. Ähli döwürlerde-de şol atlaryň arasyndan söweş üçin hem-de jemgyýetde abraýly adama ýaraşykly ösdürilip ýetişdirilen owadan we ýyndam atlar uly şöhrata eýe bolupdyr. Olar barada döredilen rowaýatlar bolsa dilden-dile geçipdir. Şol atlar irki döwürlerde ummasyz uly giňişlikleriň gelşigi eken. Şol ýerlerde bolsa olary ösdürip ýetişdirmek boýunça ýörite merkezler bolupdyr. Ippologlar we arheologlar şeýle ýerleriň birini Merkezi Aziýanyň sähralary hem-de Köpetdagyň etekleri (Günorta Türkmenistan) hasaplaýarlar. Atlar baradaky gadymy döwürleriň hat-ýazgylaryny, atlaryň şekili saklanyp galan suratlardyr olaryň süňkleriniň galyndylaryny bu çaklamalara esas diýip hasaplap bolar. Gadymy awtorlaryň ýazgylary Parfiýa argamaklary (arassa ganly tohum atlar) barada esasy çeşme bolup hyzmat edýär. Dünýä belli arheolog Mihail Ýewgenýewiç Masson bu awtorlaryň ýazgylary barada anyk-aýdyň ylmy işleri alyp bardy. Şolardan gelip çykan netijelere görä, eýýäm şol döwürlerde parfiýalylar doga ussat çapyksuwarlar hem-de bütin dünýäde sarpalanýan, uzak ýörişlerde asgynlamaýan, çydamly atlary ösdürip ýetişdirýänler hökmünde tanalypdyrlar. Parfiýanyň gülläp ösen döwründe onuň çägi diýseň uzak aralyklary (Hind ummanyndan Ýewfrat derýasyna çenli) öz içine alansoň, bu atlaryň belli bir ýerde ösdürilip ýetişdirilendigini anyk aýtmak kynçylyk döredýär. Häzirki döwürde Köne Nusaýda geçirilen arheologiýa gazuw-agtaryş işlerinde parfiýalylaryň ýüze çykarylan arassa ganly tohum atynyň ýeke-täk anyk şekili bellidir. Köne Nusaýyň inedördül zalynda saklanyp galan sütünleriniň birinde baýtal bilen taýçanagyň asyl durky az-kem ýoýulan şekili bar. Surat bu ýere gelen köp sanly jahankeşdeleriň ýa-da Köne Nusaýyň hyzmatkärleriniň biri tarapyndan çekilen bolmaly. Ol ussat nakgaş tarapyndan çekilen bolmansoň, onuň gürrüňi edilýän ata mahsus aýratynlyklaryny anyk şekillendirip bilendigini aýtmak kynçylyk döredýär. At uly bolmadyk kelleli, inçeden uzyn boýunly, diýseň uzyn göwrede şekillendirilipdir. Uzyn göwre ýerli atlaryň özboluşly aýratynlyklarynyň biri bolmaly. . Goşadepeden tapylan gap hem uzyn göwreli aty şekillendirýär. Onuň aýaklarynyň kelte bolmagy az-kem oýlandyrýar. Belki-de, bu eseriň heniz kämillikden daşdalygy bilen baglydyr. Beýleki bir tarapdan, professor M.I.Belonogow şu tohuma degişli baýtallaryň göwreleriniň taýçanaklaryňka garanyňda uzyndygyny, «aýaklarynyň keltedigini» belleýär. Babadurmazyň golaýyndaky Goşadepeden tapylan (biziň eýýamymyzdan ozalky II-I asyrlar bilen senelenýän) gaba uly üns berilmegi hökmanydyr. Onuň şertli şekil bolmagyna garamazdan, uzyn göwreli aty şekillendirýändigi anyk-aýdyňdyr. Hakykatdan-da, bu atyň Parfiýanyň döwrüne degişli tohum atlara mahsus görnüşde bolmagy mümkin. Taýçanak baýtaldan tapawutlylykda uzyn aýakly şekillendirilýär. Köne Nusaýda atlaryň ussat nakgaşlar tarapyndan çekilen beýleki suratlary hem saklanyp galypdyr, ýöne bu eserlerde gürrüňi edilýän atlar şekillendirilýär diýip bellemek çetindir. Diňli binada geçirilen arheologiýa gazuw-agtaryş işleri wagtynda öz döwründe bu binanyň diwarlaryny bezän suratlaryň galyndylary bar. Şeýle suratlaryň biri-de bu ýerde biri-birleri bilen söweşýän atlylaryň iki topary şekillendirilen ullakan sungat eseriniň uly bölegidir. Biziň temamyz üçin şertli «Ýakynlyk» diýlip atlandyrylan bu bölek uly ähmiýete eýedir. Onda biri-biriniň üstüne hüjüm edýän atlylar suratlandyrylýar. Aslynda, bu eserde atlylaryň özleri görünmän, olaryň atlarynyň biri-birine tarap gönükdirilen aýaklary şekillendirilýär. Olaryň kimiň garşysyna hüjüm edýändigi hem anyk däl, ýöne sag tarapdaky tohum at welin, beýlekilerden has oňat görünýär. Dürli çaklamalara garamazdan, bu suratdakylaryň boýny uzyn tohum atlaryň şekilleridigini anyk aýdyp bolar. Atlaryň ak we gara reňklerde bolmagy-da ünsüňi çekýär. Atlar asyl durkuna ýakyn görnüşde suratlandyrylýar, ýöne bu eserde ony çeken nakgaşyň ünsünde atlar däl-de, eýsem, olaryň gatnaşan söweşi uly ähmiýete eýe bolan bolmagy ahmal. Atlaryň gatnaşmagyndaky söweş bilen bagly suratlardan başga-da bu ýerde atlara bagyşlanan beýleki sungat eseriniň böleklerine-de duş gelindi. «Gaçgak» diýlip şertli atlandyrylan surat böleginde çep tarapdaky atlaryň syn-sypaty görkezilýär. Soňra «Atyň üstündäki naýzaly adam» diýip atlandyrylan şekilde atly sagdan çepe öwrülýär, onuň aty çarpaýa galypdyr. Jylawdaky çep elini atyň gerşine diräpdir, sag elinde gysga naýza bolandyr diýip çaklamak mümkin. Sebäbi onuň sag eliniň goşary ýok, ýöne kellesinden aňyrda naýzanyň suduryna meňzeş egrem görünýär. Aýratyn-da, (şertli «Üçlük» diýlip atlandyrylan) şekilde gapdallaşyp çapyp barýan atlylaryň kelleleri görünýär. Eseri ussat nakgaş döredipdir. Onda diňe atlaryň boýunlary we kelleleri saklanyp galan bolsa-da, çyn bedewleriň janköýerleri bu eser arkaly at çapyşygynyň şowhun-şagalaňyny duýup bilýärler. Elbetde, bu söweşe kimleriň gatnaşandygyny anyklamak meselesi kynçylyk döredýär. Olar biri-birinden daşky sypaty, eginbaşlary bilen o diýen tapawutlanmaýarlar. Megerem, eserde Merkezi Aziýada ýaşan halklaryň iki toparynyň biri-birine bolan gapma-garşylykly hereketleri barada gürrüň gidýän bolmaly. Garaşylmadyk ýagdaýda kynçylyk döreden meseläniň çözgüdi eseriň özünden däl-de, onuň ýerleşen ýerinden tapyldy. Arheologiýa gazuw-agtaryş işleriniň netijesinde, Köne Nusaý Parfiýa şalygyny dolandyran Arşakidler neberesiniň medeni merkeziniň galyndylary hasaplanylýar. Şu nukdaýnazardan, ol ähli serişdeler bilen şalygy dolandyran neberäni hem-de onuň käbir wekilleriniň abraýyny belende galdyrmak hem-de şöhratlandyrmak üçin niýetlenendir. Şeýle şertlerde gürrüňi edilýän söweş Arşakidleriň, umuman, parfiýalylaryň haýsydyr bir harby üstünligini gürrüňsiz dabaralandyrýan söweş sahnasydyr. Bu söweş sahnasyndan görnüşi ýaly, onda ýeňiş gazananlar parfiýalylar, Arşakidler. Şol sebäpli eseriň süňňüni düzýän atlar gürrüňi edilýän parfiýa atlarydyr. Sungata siňen ajaýyp bedewleriň şekilleri meniň ömür örkümi örklän arheologiýa ylmynyň esasy ugurlarynyň birine öwrüldi. Olar barada Türkmenistanda hem-de daşary ýurtlarda geçirilen halkara ylmy maslahatlarda eden çykyşlarymda giňişleýin gürrüň berdim. Arheologiýa ylmynda seýrek duş gelýän bedew şekilli tapyndylara bagyşlap, «Köne Nusaýyň diwar bezegleri», «Parfiýaly atlylar», «Köne Nusaýdaky arheologiýa gazuw-agtaryş işleri», «Köne Nusaýyň bezegleri», «Köne Nusaýyň Diňli ybadathanasynyň ylmy taýdan öwrenilişiniň dowam etdirilmegi», «Nusaý we dikeldiş işleri», «Parfiýanyň atlary hem-de arheologiýa», «Köne Nusaý. Inedördül zally bina», «Türkmenistanyň taryhy we medeni ýadygärlikleri» atly dürli ýyllarda ýazan ylmy makalalarym hem-de kitaplarym dünýäniň abraýly ylmy neşirlerinde rus, italýan, iňlis dillerinde çap edildi. Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow «Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi» atly ajaýyp eserinde: «Nusaý» sözi oýulyp ýazylan gadymy ýazgylarda hem-de otparazçylygyň «Awesta» kitabynda duş gelýär. Ary taýpalary günorta-günbatara süýşýärler, şonda hem Nusaýyň üstünden geçýärler. Nusaýyň bol suwly öri meýdanlary bolup, ol ýerde dünýäniň gadymy Gündogarda meşhurlyga eýe bolan iň ýyndam atlary ýetişdirilýär diýlip, bu gün ady dünýä dolan ahalteke bedewleriniň taryhy hakynda söz açylýar» diýip belleýär. Sözümiň soňunda türkmen halkynyň Milli Liderine, Türkmenistanyň Prezidentine taryhy kökleri gadymyýete uzap gidýän ajaýyp atlaryň şan-şöhratyny dünýä ýaýmakda alyp barýan uly işleri üçin hoşallygymyzy bildirýärin. Wiktor Pilipko, Russiýa Federasiýasynyň Ylymlar akademiýasynyň Arheologiýa institutynyň nusgawy arheologiýa bölüminiň esasy hünärmeni, taryh ylymlarynyň doktory.
«Indi meniňem öz kompýuterim bar!»
Täze okuw ýylynyň ilkinji güni gujagy kompýuterli mekdepden çykan gyzjagaz begenjinden uçaýjak bolýardy. Dagy näme?! Ol bu güne kän garaşdy ahbetin! Alty ýaşa gadam basan gününden bäri uly doganynyňky ýaly döwrebap noutbukly bolmagy arzuwlap gezdi. Arzuwy wysal tapan bagtyýar körpäniň bu günki şatlygyny söz bilen beýan edip bolmaýar. Ony görmek hem eşitmek gerek. Bilimler we talyp ýaşlar gününde ak mekdepleriň gapysyny ilkinji gezek açyp, Gahryman Arkadagymyzyň we hormatly Prezidentimiziň toý sowgadyny alan körpeleriň ählisi şeýle şatlykly pursady başdan geçirendir. Şu ýyl birinji synpa baran körpe nesli öwrediji kompýuterler bilen begendiren önüm öndürijileriň biri «Aýdyň gijeler» hojalyk jemgyýetiniň işi barada gazetimiziň öňräkki sanynda gürrüň berdik. Şonda «Agzybirlik tilsimaty» bilelikdäki kärhanasynyň işi barada hem durup geçipdik. Aslynda, bu iki kärhananyň alyp barýan işleri biri-birinden üzňe däl, ikisem elektron enjamlary, şol sanda öwrediji noutbuk kompýuterleri öndürýär. Olaryň agzybirlikli zähmetiniň netijesinde «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda ak mekdepleriň bosagasyndan ilkinji gezek ätlän körpeleriň Aşgabatda 17 müň 145-sine, Arkadag şäherinde 650-ä, Ahalda 18 müňe golaýyna, Balkanda 9 müňden gowragyna, Daşoguzda 27 müňe ýakynyna, Lebapda 20 müň 674-sine, Maryda 27 müň 605-sine hormatly Prezidentimiziň hem-de Gahryman Arkadagymyzyň adyndan «Bilimli» atly noutbuklar dabaraly ýagdaýda gowşuryldy. «Agzybirlik tilsimaty» kärhanasy ýurdumyzda sanly ulgama geçmek, elektron senagaty ösdürmek boýunça döwlet maksatnamalarynyň üstünlikli amal edilmeginiň çäklerinde Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrliginiň Kompýuter tilsimaty merkezi tarapyndan 2019-njy ýylda esaslandyrylyp, Hytaýyň önüm öndüriji iri kompaniýalary bilen bilelikde döredildi. Dünýäniň öňdebaryjy ýokary okuw mekdepleriniň biri bolan Hytaýyň Sinhua uniwersitetinde tejribesini artdyran ýerli hünärmenler hytaýly hyzmatdaşlary bilen bilelikde noutbuklaryň, planşetleriň, monobloklaryň, elektron söwda enjamlarynyň kämilleşdirilen, häzirki zaman görnüşleriniň önümçiligini ýola goýdular. Kärhana döredilen gününden bäri programma üpjünçiligini işläp düzmek boýunça daşary ýurtlaryň iri kompaniýalary bilen hyzmatdaşlyk saklap, halkymyzy ýerli önümler bilen üpjün etmäge goşant goşup gelýär. — Çagalara sanly bilim düşünjesiniň mekdep partasyndan öwredilip başlanmagy daşary ýurt dillerini suwara bilýän, dünýä tejribesinden habarly, giň dünýägaraýyşly ýaşlaryň kemala gelmegine oňyn täsir edýär. Orta mekdepleriň başlangyç synp okuwçylary üçin niýetlenilen öwrediji kompýuterler kuwwaty, ýokary tizligi, maglumat saklaýyş möçberi, ekranynyň ölçegleri hem-de döwrebap programmalar toplumyna eýedigi bilen tapawutlanýar. Olara Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň usulyýetçileri hem-de hünärmenleri tarapyndan taýýarlanylan ýörite programma üpjünçiligi girizildi. Körpe nesil «Bilimli» atly noutbuk arkaly ýazyp hem okap bilýär, sanlary goşup-aýryp, köpeltmegi başarýar, surat çekýär, olaryň rus, iňlis dillerini öwrenmegi üçin hem ýörite maksatnamalar bar. Şeýle-de okuwçylar bu kompýuter arkaly mekdep döwrüniň deslapky üç ýylyndaky esasy dersleri özleşdirmäge mümkinçilik tapýarlar. 2026-2027-nji täze okuw ýylynda körpelere «Paýhas» atly programma üpjünçiligi girizilen kompýuterler gowşuryldy. Tejribeli hünärmenlerimiz ýokary ussatlygy, sabyrlylygy we jogapkärçiligi talap edýän örän inçe hem-de çylşyrymly işleri alyp barýarlar. Şeýlelikde, «Bilimli» kompýuterleri we başga-da dürli görnüşli elektron enjamlar mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllyk toýuna mynasyp sowgadymyzdyr. Biziň esasy maksadymyz ýokary hil derejesini üpjün etmek. Dünýäniň dürli öňdebaryjy kompaniýalary tarapyndan berlen şahadatnamalardyr diplomlar önümlerimiziň hiliniň ýokarydygynyň güwäsidir. Daşary ýurtly iri kompaniýalar bilen hyzmatdaşlyk saklap, durmuş ugurly sanly enjamlary öndürmek bilen, ýurdumyzda elektron senagatynyň ösdürilmegine, milli ykdysadyýetimiziň, esasan-da, bilim ulgamynyň sanlylaşdyrylmagyna goşant goşmaga döredilýän giň mümkinçilikler üçin Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza tüýs ýürekden alkyş aýdýarys — diýip, bilelikdäki kärhananyň önümçilik sehiniň müdiri Rahman Gaýypow gürrüň berdi. Keýik UMAROWA. «Türkmenistan».
Halkymyzyň milli buýsanjy
Adamzat medeniýetiniň naýbaşy mirasy, gözelligiň täsin nusgasy hasaplanýan ahalteke bedewleriniň şöhraty jümle-jahana dolýar. Berkararlygyň ýeňişli gadamlary bilen öňe barýan eziz Watanymyzda türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallalary netijesinde milli seýisçilik sungaty we atçylyk sporty täze sepgitlere ýetýär. «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip yglan edilen 2026-njy ýylyň sentýabr aýynyň ilkinji günlerinde ajaýyp bedewleriň muşdaklarynyň ünsi Ýewropa gönükdirildi. Niderlandlar Patyşalygynyň Kronenberg şäherindäki meşhur «Pilbergen» halkara atçylyk sport merkezinde ahalteke atlarynyň arasynda atly sport we gözellik bäsleşiginiň dünýä çempionatynyň guralmagy türkmen bedewiniň şan-şöhratynyň bütin dünýä ýüzünde näderejede belentde tutulýandygynyň aýdyň subutnamasyna öwrüldi. Dünýäniň iň gadymy, asylly we arassa ganly bedew tohumlarynyň biri bolan ahalteke atlarynyň arasyndaky bu dünýä çempionatynyň Ýewropanyň iň meşhur atçylyk sport toplumlarynyň birinde guralmagynyň çuňňur manysy bardyr. Munuň özi türkmen medeni mirasynyň bütindünýä ykrarnamasy bolup, halkymyzyň bäş müňýyllyk milli mirasyny häzirki zaman sport usulyýetleri hem-de sanly tehnologiýalar bilen üstünlikli utgaşdyrmaga täze şertleri we uly mümkinçilikleri döretdi. Dünýä çempionatynyň çäklerinde ahalteke bedewleriniň päsgelçiliklerden geçmek, ýagny konkur, şeýle hem çydamlylyk we üşüklilik ýaly ajaýyp sport häsiýetlerini açyp görkezýän özüne çekiji ýaryşlar guraldy. Bu ýaryşlar, asyrlaryň jümmüşinden gözbaş alyp gaýdýan türkmen seýisçilik sungatynyň, bedewlerimizi diňe bir gözellik däl, eýsem, uly sport synaglaryna hem kämil derejede taýýarlamaga ukyplydygyny ýene bir gezek äşgär etdi. Atçylyk sungatynyň muşdaklarynyň uly gyzyklanma bilen garaşan gözellik bäsleşigi we dünýä belli «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparynyň üýtgeşik, täsin we haýran galdyryjy çykyşlary bu baýramçylygyň iň arzyly dabaralarydyr. «Pilbergen» halkara atçylyk sport merkezinde milli at esbaplary, şaý-sepler, meşhur türkmen halylary we haly önümleri, zergärçilik sungatynyň seýrek nusgalary, nakgaşlyk hem-de heýkeltaraşlyk eserleri bilen tanyşdyrýan serginiň guralmagy milli medeniýetimizi dünýä ýaýmakda uly ähmiýete eýedir. Şonuň bilen bir wagtda, dürli ýurtlardan ýygnanan alymlardyr seýisleriň ahalteke atlarynyň tohum arassalygyny saklamak, olaryň saglygyny goramak, seýislemegiň innowasion usullaryny we pudaga sanly ulgamy ornaşdyrmak ýaly wajyp meseleleriň giňişleýin ara alyp maslahatlaşylmagy üçin geçirilen ylmy-amaly maslahatyň uly ähmiýeti bar. Türkmen halkynyň taryhy ykbalynda bedew at maddy we ruhy gymmatlyklaryň iň belent derejesini emele getirýär. Şonuň üçin-de, Garaşsyz Watanymyzda atçylyk pudagyny ösdürmek, bedewleriň şan-şöhratyny dünýä ýaýmak döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Gahryman Arkadagymyz we Arkadagly Gahryman Serdarymyz bu ugurda dünýä nusgalyk işleri amala aşyrýarlar. Ýurdumyzyň çar künjeginde döwrebap atçylyk sport toplumlary, ylmy-önümçilik merkezleri yzygiderli gurlup ulanmaga berilýär. Döwletimiz tarapyndan seýisleriň, çapyksuwarlaryň we atçylyk pudagynyň hünärmenleriniň netijeli işlemegi we ýokary sepgitleri gazanmagy üçin ähli şertler döredilýär. Häzirki wagtda Arkadag şäherinde ýerleşýän Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasy pudak üçin ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamakda we ahalteke atlarynyň nesil arassalygyny ylmy esasda gorap saklamakda uly ähmiýete eýedir. Şeýle hem Türkmenistanyň başlangyjy esasynda «Ahalteke atçylyk sungaty we atlary bezemek däpleri» atly milli hödürnamanyň tassyklanyp, onuň ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilmegi türkmen halkynyň asyrlara uzaýan taryhynyň dowamynda döreden milli gymmatlyklarynyň dünýä derejesinde ýokary baha berilýändigini tassyklaýar. Niderlandlar Patyşalygynda geçirilen dünýä çempionaty Gahryman Arkadagymyzyň we hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary esasynda Watanymyzda amala aşyrylýan döwlet ähmiýetli beýik işleri halkara jemgyýetçiligine ýene bir gezek äşgär etdi. Türkmeniň göz guwanjy, başynyň täji, wepaly syrdaşy bolan ahalteke atlarymyzyň dünýädäki şöhratynyň artýandygy örän buýsançlydyr. Milli gymmatlygymyz bolan ahalteke bedewlerimizi ylmy esasda öwrenmäge we olaryň şan-şöhratyny dünýä ýaýmaga giň mümkinçilikleri döredýän Gahryman Arkadagymyza hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş aýdýarys. Orazsoltan HALMYRADOWA, S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň kafedra müdiri
Новые горизонты образования
Начало нового учебного года – важный этап в жизни высших учебных заведений Туркменистана. В современных условиях, когда развитие международного гуманитарного сотрудничества приобретает всё более важное значение, особое внимание уделяется подготовке специалистов, способных эффективно работать в многоязычной и многокультурной среде. Именно поэтому открытие новых языковых специальностей становится закономерным продолжением государственной политики, направленной на формирование высокообразованного поколения, обладающего широким кругозором и востребованными профессиональными компетенциями. Ярким событием нового учебного года стало введение в Туркменском национальном институте мировых языков имени Довлетмаммета Азади новой специальности – языка урду. На первый курс по данному направлению приняты десять студентов. Несмотря на сравнительно небольшой набор, значение этого события выходит далеко за рамки появления ещё одной образовательной программы. Речь идёт о дальнейшем расширении языкового пространства отечественного высшего образования, последовательном укреплении научно-педагогического потенциала страны и создании новых возможностей для подготовки специалистов международного уровня. Туркменский национальный институт мировых языков имени Довлетмаммета Азади по праву считается ведущим профильным вузом страны, осуществляющим подготовку специалистов в области иностранных языков, переводоведения и межкультурной коммуникации. На протяжении многих лет здесь формируется современная модель языкового образования, основанная на сочетании фундаментальной филологической подготовки, педагогических традиций и инновационных образовательных технологий. Расширение спектра изучаемых языков закономерно продолжает эту работу, отвечая современным тенденциям развития мировой системы образования. Урду относится к числу наиболее распространённых языков мира. По оценкам международных лингвистических организаций и демографических исследований, на нём в той или иной степени говорят более двухсот миллионов человек. Он является государственным языком Исламской Республики Пакистан и широко используется в системе образования, средствах массовой информации, литературе, государственном управлении и деловом общении. Помимо этого, значительные урдуязычные сообщества проживают в странах Персидского залива, Великобритании, Канаде, Соединённых Штатах Америки и ряде других государств. Таким образом, освоение языка урду открывает широкие перспективы для развития международной коммуникации и межкультурного взаимодействия. Особую актуальность новая специальность приобретает в контексте поступательного развития дружественных отношений между Туркменистаном и Исламской Республикой Пакистан. Сегодня взаимодействие двух государств успешно развивается в политической, торгово-экономической, транспортной, энергетической, культурной и образовательной сферах. Реализуются совместные проекты, активизируются гуманитарные контакты, расширяются академические обмены. В этих условиях возрастает потребность в специалистах, свободно владеющих языком страны-партнёра, хорошо знающих её историю, культуру и особенности национальной коммуникации. Современные исследования в области педагогики и социолингвистики свидетельствуют о том, что языковое многообразие является одним из важнейших факторов повышения качества образования. Учёные отмечают, что изучение нескольких иностранных языков способствует развитию аналитического мышления, коммуникативной культуры, когнитивной гибкости и способности эффективно взаимодействовать в поликультурной среде. Кроме того, многоязычное образование формирует уважительное отношение к культурному разнообразию, расширяет возможности академической и профессиональной мобильности молодых специалистов, создаёт благоприятные условия для их успешной самореализации в условиях глобального информационного пространства. В последние годы вопросам языкового многообразия уделяется большое внимание и на международном уровне. Документы ЮНЕСКО, посвящённые развитию образования, подчёркивают, что владение несколькими языками способствует укреплению взаимопонимания между народами, сохранению культурного наследия и формированию общества, основанного на принципах диалога и сотрудничества. Аналогичные выводы содержатся и в многочисленных исследованиях, посвящённых билингвизму и многоязычному образованию. Специалисты отмечают, что изучение новых языков оказывает положительное влияние не только на профессиональную подготовку, но и на общее интеллектуальное развитие личности. Для Туркменистана, традиционно выступающего за расширение гуманитарного сотрудничества и укрепление международного диалога, подобный подход имеет особое значение. Последовательное совершенствование языкового образования позволяет готовить специалистов, способных успешно работать в различных сферах международного взаимодействия – от образования и науки до дипломатии, экономики, культуры и туризма. Не менее важно и то, что освоение каждого нового языка сопровождается глубоким знакомством с историей, литературой, традициями и духовными ценностями народа, что способствует развитию взаимного уважения и доверия между государствами. Открытие специальности «языка урду» также свидетельствует о постоянном обновлении содержания образовательных программ Туркменского национального института мировых языков имени Довлетмаммета Азади. Вуз последовательно расширяет перечень языковых направлений, внедряет современные методики преподавания, развивает международное сотрудничество с зарубежными университетами и создаёт условия для подготовки конкурентоспособных специалистов, отвечающих требованиям времени. Символично, что обучение по новому направлению начинают десять студентов – первые представители будущей школы туркменских специалистов по языку урду, которым предстоит внести вклад в дальнейшее развитие отечественной филологии и международных гуманитарных связей. Начало нового учебного года всегда связано с новыми надеждами, планами и открытиями. В нынешнем году одной из таких значимых страниц стало появление новой языковой специальности, отражающей стремление национальной системы образования идти в ногу со временем, учитывать мировые тенденции и отвечать на новые запросы общества. Расширение языкового многообразия в высшей школе является важной инвестицией в интеллектуальный потенциал страны, создаёт дополнительные возможности для молодых людей и способствует дальнейшему укреплению международного авторитета Туркменистана как государства, последовательно развивающего образование, науку и культуру в интересах будущих поколений. Гульбахар ИЛЬЯСОВА, старший преподаватель Туркменского национального института мировых языков имени Довлетмаммета Азади
Наука и традиции коневодства
В замечательных книгах Национального Лидера туркменского народа Героя-Аркадага, таких как «Ахалтекинец – наша гордость и слава», «Конь – символ верности и счастья», «Стремительная поступь скакуна», посвящённых «райским» скакунам, приводятся ценные сведения о славной истории ахалтекинских коней, племенных особенностях, оттенках окраса и исконных принципах сейисования. Национальное коневодство гармонично сочетает в себе науку и искусство, что нашло очередное международное признание в 2023 году, когда по предложению нашей страны в Репрезентативный список нематериального культурного наследия человечества ЮНЕСКО была внесена номинация «Искусство ахалтекинского коневодства и традиции украшения коней». Фундаментальной основой этого искусства является системная селекционно-племенная деятельность, в процессе которой особое внимание уделяется генетическим особенностям кобыл. В зоотехнической практике принята чёткая градация: если жеребцы-производители (скакуны) формируют племенные линии, то кобылы закладывают семейства. Ярчайшим примером такого влияния выступает знаменитая рыжая кобыла Пель, которая принадлежит потомству легендарной кобылы Бамы и является родоначальницей ценнейшего семейства, подарившего отечественному коневодству целую плеяду выдающихся скакунов. Значимость женской линии подчёркивается и в специальных зоотехнических изданиях, где в правилах ведения родословной отмечается: если в племенном древе значатся линии потомков, то их генетические корни неизменно восходят к породистой кобыле. В народном коневодстве данное правило отражено в мудрой заповеди о том, что экстерьерная красота ахалтекинского скакуна передаётся от отца, а резвость и динамические качества от матери. Именно поэтому при проведении индивидуальной и комплексной оценки племенного поголовья одним из ключевых критериев выступает работоспособность, а для её объективного выявления на ипподромах страны регулярно организуются испытательные скачки. Прежде чем продолжить, стоит рассказать о том, как появилось имя Пель. Заслуженный коневод Туркменистана Бяшимдурды Шадурдыев поведал такую историю. В 30-е годы прошлого века для выполнения плана по заготовке мяса лошадей редко, но сдавали на убой. Такая же трагическая участь могла постигнуть и кобылу по имени Бамы. Однако по дороге произошло поистине чудесное событие. Мастера-сейисы обратили внимание, что Бамы жерёбая, да и сама по себе является незаурядной лошадью. Случай этот произошёл на территории нынешнего жилого комплекса Гарадашаяк. В тот день шёл дождь, земля была очень скользкой. Шедший там же тяжело навьюченный верблюд, не сумев перейти через земляную межу (на туркменском – «pel»), поскользнулся и покалечился. В итоге вместо Бамы на мясо сдали этого верблюда, а кобылу сохранили. Появившейся же вскоре на свет кобылке в память об этом случае у земляной межи дали имя Пель. Генетический потенциал кобылы Пель проявился с самого начала её испытаний. Родившись в 1932 году на территории Геоктепинского этрапа (ныне жилой комплекс Гарадашаяк Багтыярлыкского этрапа города Ашхабад), она уже в трёхлетнем возрасте одержала блестящую победу в престижном состязании «Колхозный Дерби». Эта победа имела важное значение для развития коневодства в колхозах (дайханских объединениях) того периода, а в память об её исторических достижениях на современных конноспортивных комплексах страны учреждён специальный приз имени скакуна Пель, присуждаемый кобылам-двухлеткам на дистанции 1600 метров. Высокий племенной статус кобылы Пель подтверждается и объективными данными бонитировки – комплексной оценки происхождения, промеров статей тела и показателей активности скакуна. В III томе Государственной племенной книги, изданной в 1941 году в Ташкенте, зафиксированы её официальные параметры: высота в холке – 155 см, косая длина туловища – 149 см, обхват груди – 161 см. Благодаря этим гармоничным пропорциям экспертная комиссия признала Пель одной из эталонных кобыл своей эпохи, определив её ключевую роль в дальнейшей племенной работе. Сочетая редкую красоту и выдающуюся резвость, Пель передала эти качества своему богатому потомству. Среди её прямых продолжательниц – ценнейшие племенные кобылы Тавус (1945 г.р., от Бургута линии Акбилег), Победа (1947 г.р., от Бургута), Пейдачы (1949 г.р., от Чаладана), Парахатлы (1951 г.р., от Сайвана) и Пейдалы (1953 г.р., от Еркуса). Неменьший след в истории породы оставили её сыновья и внуки: рыжий скакун Улкер (1937 г.р., от Маммеда линии Топарбая), являющийся абсолютным рекордсменом, который 19 раз обновлял рекорды резвости (наименьшее время, за которое скакун преодолевает определённую дистанцию на скачках или испытаниях); серый жеребец Овлаксакар (1942 г.р., от Бургута), установивший новый рекорд резвости и давший ценных племенных жеребят; Сынок (1943 г.р., от Сапархана линии Мелегуша) редкой вороно-гнедой масти; рекордсмен серый Дерби (1944 г.р., от Бургута), унаследовавший лучшую динамику этого семейства. В современной структуре породы официально выделяются 17 основных семейств, развитие которых неосуществимо без сохранения материнской генетической базы, в формирование которой огромный вклад внесли такие кобылы, как Гозел (1930 г.р., вороная), Гызылмер (1936 г.р., буланая), Сембе (1941 г.р., вороная), Кяди (1942 г.р., вороная), Тайяр (1946 г.р., гнедая) и Фантазия (1951 г.р., вороная). Потомки этих выдающихся лошадей сегодня составляют элиту национального коннозаводства. Тщательный мониторинг их генеалогии, строгий бонитировочный учёт и грамотный подбор пар на современных конноспортивных комплексах страны гарантируют, что выдающиеся качества – грация, выносливость и феноменальная резвость, заложенные кобылами прошлого, будут надёжно переданы будущим поколениям «небесных» скакунов. Преемственность этих селекционных традиций продолжается и в XXI веке, когда в Международной академии коневодства имени Аба Аннаева города Аркадаг и Научно-производственном центре коневодства ведутся фундаментальные исследования по совершенствованию экстерьера и генетических линий. Наряду с работой над семейством кобылы Пель учёные-селекционеры ведут изыскания по сохранению и расширению других ценных семейств. В их числе – потомство таких прославленных кобыл-основательниц, как Ельсона (1954 г.р.), Гачакчы (1958 г.р.), Гульсары (1968 г.р.), Кекене (1978 г.р.) и Айдере (1987 г.р.). Триумфальный путь ахалтекинских скакунов – это результат союза уникального генетического потенциала и высочайшего человеческого мастерства. Архивная хроника сохранила имена тех, кто стоял за победой кобылы Пель: к этим историческим состязаниям её подготовил мастер-сейис, заслуженный коневод Туркменистана Аннагулы Кичиев, а в роли жокея выступил его младший брат Ага Кичиев. Их труд наглядно подтверждает истину, что мастерство сейисов закладывает основу побед, а отборные скакуны и кобылы своими рекордами прославляют имена своих наставников в истории. Отечественные коневоды и специалисты отрасли выражают глубокую признательность Национальному Лидеру туркменского народа, Председателю Халк Маслахаты Туркменистана Герою-Аркадагу, заложившему фундаментальную научно-методическую основу для сохранения генофонда и феномена чистокровности «райских» скакунов, и Президенту Аркадаглы Герою Сердару, успешно продолжающему масштабную деятельность по модернизации коневодческой инфраструктуры страны, популяризации национального наследия и выходу ахалтекинского конного спорта на мировую арену. Яркое подтверждение широкого международного признания отечественной школы коневодства – чемпионат мира по конному спорту и конкурс красоты ахалтекинских скакунов в Королевстве Нидерландов. Успешное проведение столь представительного форума в Европе – ещё одно свидетельство того, что «райские» скакуны Туркменистана продолжают восхищать мир, уверенно приумножая славу древнейшей чистокровной породы планеты. Нарлы НУРЫЕВ, журналист. Фото из архива.
Kämillik ýoly bilimden we terbiýeden başlanýar
Bilim haýyr işleri, ýagşylyklary hem-de gözellikleri döredýär. Bilim adamlary diňe gowulyga tarap özgerdýär. Pederleriň parasadyny köňüllere nagyş edýän Gahryman Arkadagymyzyň Arkadag şäheriniň Ruhyýet köşgünde geçen umumy okuw sapagy hem beýik başlangyçlaryň binýadyny pugtalandyrdy, ýaşlaryň syýasy bilimlerini baýlaşdyrdy. Bu taryhy waka gatnaşmagymyz buýsançly köňüllerimizi has-da joşdurdy. Biz ykdysadyýetimiziň dürli pudaklarynda işleýän ýaş hünärmenler, ýokary okuw mekdepleriniň mugallymlarydyr talyplary, mekdep okuwçylary, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri — hemmämiz Gahryman Arkadagymyzyň watançylyk sapagyny uly üns bilen diňledik. Turuwbaşdan Milli Liderimiziň umumy okuw sapagynyň döwrüň «akylly» megataslamasy — Arkadag şäherinde geçmeginiň örän maksadalaýyk bolandygyny aýtmalydyrys. Sebäbi bu şäher — döwrebap bilimleriň şäheri, ýaşlygyň we ýaşlaryň şäheri. Arkadag şäheri — saglygyň, sagdynlygyň, rowaçlygyň şäheri. Arkadag şäheri — bagtyýarlygyň şäheri. Gahryman Arkadagymyz ýurdumyzda ýaýbaňlandyrylan we Watanymyzyň okgunly ösüşine, halkymyzyň abadan, bagtyýar durmuşynyň üpjün edilmegine gönükdirilen giň möçberli özgertmeler maksatnamalarynyň durmuşa geçirilişi, türkmen halkynyň şöhratly taryhy, milli gymmatlyklary, özboluşly däp-dessurlary barada gürrüň berdi hem-de ýaşlaryň öňünde durýan ilkinji nobatdaky wezipeleri kesgitledi. Hususan-da, Bitaraplyga ýöriteleşen halkara hünärmenleri taýýarlamagyň möhümdigine üns çekilip, Milli Liderimiz biziň institutymyzda döredilen Parahatçylyk we bitaraplyk kafedrasynyň aýratynlyklary barada aýratyn durup geçdi. Bu başlangyç Birleşen Milletler Guramasy bilen hyzmatdaşlykda Parahatçylyk we bitaraplyk uniwersitetini döretmekde möhüm ähmiýete eýedir. Milli Liderimiziň türkmen ýaşlarynyň uly hem öňdebaryjy toparyny bir döwrä jem eýläp, ýurdumyzyň taryhy, ýaş nesliň borçlary barada geçen umumy okuw sapagynyň ruhy gymmatyny hiç bir baýlyk bilen ölçäp bolmaýar. Bu watançylyk sapagy täze taryhy eýýamda öňde durýan möhüm wezipelere, amala aşyrylmaly beýik işlere ýene-de bir ýola türkmen ýaşlarynyň ünsüni çekmekde, olara zerur öwüt-ündewleri bermekde örän netijeli boldy. Gahryman Arkadagymyzyň: «Islendik adamyň Watana söýgüsi adaty, sagdyn duýgudyr. Ýaş adam üçin bolsa bu aýratyn many-mazmuna eýedir. Sebäbi hut şol ýyllar onda Watana bolan söýgi, ýurduna bolan buýsanç duýgusy kemala gelýär. Watana wepaly, mynasyp hyzmat etmelidigine akyl ýetirýär» diýip bellemegi watansöýüji ýaşlary terbiýelemekde aýratyn orna eýedir. Gahryman Arkadagymyzyň watançylyk sapagynda eden çykyşyndaky pikirdir maslahatlary, ündewleri ýurdumyzy ýakyn geljekde has-da belent sepgitlere ýetirmekde öňde durýan wezipeleriň möhüm ugurlaryny kesgitläp, öňe gitmekde biziň baş ýol-ýörelgämize, durmuş mekdebimize öwrüler. Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllyk toýunyň öňüsyrasyndaky bu taryhy waka täze taryhy eýýamyň bilim ulgamynyň binýadynyň has-da berkidilýändigini aýdyň görkezmek bilen, biz — mugallymlary, ähli ýaşlary täze üstünliklere, ýurdumyzyň gülläp ösüşlerine mynasyp goşandymyzy goşmaga ruhlandyrdy. Watanymyzy hemmetaraplaýyn ösdürmek, agzybir halkymyzyň eşretli durmuşda ýaşamagy, ýaşlaryň döwrebap bilim almagy ugrunda taýsyz tagallalary edýän Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagyny, Watanymyzyň röwşen geljegi ugrundaky ähli başlangyçlarynyň elmydama üstünliklere beslenmegini tüýs ýürekden arzuw edýäris. Mähriban GANDYMOWA, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň mugallymy
Halkara tejribäni özleşdirip
Şu ýylyň 26-njy awgustyndan 8-nji sentýabry aralygynda Hytaý Halk Respublikasynyň Şenýan mugallymçylyk uniwersitetiniň binýadynda döwlet bilim edaralary üçin halkara okuw maslahaty dowam edýär. Şu günlerde ýurdumyzyň bilim ulgamynyň wekilleri hem foruma gatnaşmak maksady bilen, dostlukly döwletde iş saparynda bolýarlar. Okuw maslahatyna gatnaşyjylar Hytaýyň bilim ulgamyny dolandyrmak, özgertmek we sanlylaşdyrmak boýunça häzirki zaman tejribesini içgin öwrenmäge mümkinçilik tapdylar. Onuň maksatnamasy ýokary okuw mekdepleriniň dolandyryş ulgamyny döwrebaplaşdyrmak, ynsanperwer gatnaşyklary pugtalandyrmak, şeýle hem «akylly» bilim şäherçelerini döretmek ýaly döwrebap ugurlary öz içine alýar. Liaoning welaýatynyň bilim edaralaryna amala aşyrylan tejribe sapary nazary taýdan öwrenilenleri has-da berkitmäge ýardam berdi. Hususan-da, okuw maslahatyna gatnaşyjylarda bu ýerde eksperimental mekdebiň tehnologiýa, innowasiýa, psihologik goldaw we olimpiada taýýarlygy merkezleriniň işi bilen tanyşlyk aýratyn täsir galdyrdy. Hytaýyň öňdebaryjy uniwersitetleriniň professor-mugallymlarynyň çykyşlary-da özara tejribe alyşmakda örän netijeli häsiýete eýe bolýar. Çäräniň çäklerinde wekiliýet agzalary Sýamen uniwersitetinde we Şençžen şäheriniň innowasiýa merkezinde ylym, bilim we senagat boýunça özara hyzmatdaşlygyň gurallaryny, tehnologik startaplary goldamagyň usullaryny özleşdirýärler. Ýurdumyzyň bilim işgärleri şeýle halkara meýdançalarda işjeň çykyş etmek bilen, Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň milli hünärmenleriň daşary ýurt tejribesini ykjam özleşdirmegi boýunça öňde goýan wezipelerini durmuşa geçirmek ugrunda yhlasly zähmet çekýärler. (Ýörite habarçymyz)
Döwürleri birleşdirýän ruhy köpri
Gahryman Arkadagymyzyň 2-nji sentýabrda ýaş türkmenistanlylar bilen geçen umumy okuw sapagy uzak möhletleýin ylmy-terbiýeçilik ähmiýete eýedir. Onuň baş ýörelgesi watançylyk taglymatyna esaslanýar. Türkmen halkynyň baý medeniýeti barada taryhy hakykatyň ylmy delillere esaslanyp beýan edilmegi okuw sapagynyň mazmunyny has-da baýlaşdyrdy. Aýratyn-da, sapagyň ikinji bölümi gadymy milli mirasymyza bagyşlandy, medeniýetiň ruhy kuwwatynyň düýp mazmuny ýaşlaryň aňyna ýetirildi. Milli Liderimiz Türkmenistanyň Jeýtun, Änew, Marguş, Dehistan, Horezm-Ürgenç ýaly gadymy siwilizasiýalaryň Watanydygyny nygtady. Amerikaly arheolog Rafael Pampelliniň Änew medeniýetini dünýä tanyşdyrmagy bilen, onuň çowlugynyň bu işleri dowam etdirmegi, alym Arkadagymyzyň bu ugurdaky guramaçylyk çärelerine ýakyndan gatnaşandygy hakda gürrüňler hem buýsanç döredýär. Akademik Wadim Massonyň, Wiktor Sarianidiniň we Nadežda Dubowanyň gadymy türkmen topragynda eden açyşlary taryhy öwrenmegiň baý çeşmeleridir. Milli Liderimiziň: «Türkmen topragynyň abraýyny götermäge yhlas etseň, bu toprak seniň at-abraýyňy iki esse belende göterýär» diýen sözleri ýaşlar üçin esasy ýörelge bolmalydyr. Milletiň ruhy sütünleriniň galdyran gymmatly mirasy häzirki döwrüň ýörelgeleri bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr. Muhammet Horezmi, Abu Reýhan Biruny, Ibn Sina, Mahmyt Kaşgarly, Hoja Ahmet Ýasawy, Alyşir Nowaýy ýaly danalar türkmen medeniýeti bilen birlikde, tutuş adamzat siwilizasiýasyna abyrsyz uly goşant goşupdyrlar. Akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň diplomat hökmündäki keşbiniň açylyp görkezilmegi umumy okuw sapagynyň özboluşly täzeligidir. Şunda akyldaryň: «Bir suprada taýýar kylynsa aşlar,//Göteriler ol ykbaly türkmeniň» diýen setirleri Bitaraplyk we agzybirlik ýörelgelerimiziň asyrlaryň jümmüşinden gelýän ruhy gözbaşy hökmünde görkezilýär. Şu manyda Bitaraplyk döwletiň daşary syýasat strategiýasy bolmak bilen, halkymyzyň gadymdan gelýän dünýägaraýşynyň häzirki zaman görnüşidir diýen pikir öňe sürülýär. Agzybirlik hakyndaky bu şygyr indi diňe edebi miras bolman, häzirki döwrüň syýasy-jemgyýetçilik ýörelgesiniň şahyrana beýanydyr. Berdi Kerbabaýew, Kerim Gurbannepesow, Gurbannazar Ezizow, Gözel Şagulyýewa ýaly ýazyjy-şahyrlaryň, Nury Halmämmedow, Çary Nurymow, Weli Muhadow deýin kompozitorlaryň, Türkmenistanyň Gahrymanlary Aksoltan Ataýewa, Çynar Rustemowa kimin diplomatlaryň ady Milli Liderimiziň atalyk sapagynda hormat bilen tutuldy. Ahalteke bedewi hakdaky pikir-garaýyşlar hem örän täsirlidir. Bedew estetiki gymmatlyk, halkara derejede ykrar edilen medeni diplomatiýa guraly hökmünde häsiýetlendirilýär. Ahalteke atçylyk sungatynyň hem-de atlary bezemek däpleriniň ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilmegi muny dünýä derejesinde tassyklaýan resminamadyr. «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparynyň dünýä sahnasyndaky çykyşlary ýaşlarymyz üçin diňe sport üstünligi bolman, eýsem, watançylyk terbiýesiniň janly mysalydyr. Şunuň bilen baglylykda, bedew okgunly ösüşiň, kämilligiň, arassa ahlaklylygyň nusgasy hökmünde beýan edildi. Milli Liderimiz X asyrda Nusaý, Merw, Sarahs, Amul, Gürgenç, Abiwerd ýaly şäherlerde döräp başlan medreseleriň diňe ylym öwretmek bilen çäklenmän, ahlak terbiýesiniň — ýalan sözlemezligiň, ruhy päkligiň, myhmansöýerligiň, halaly-haramy saýgarmagyň mekdebi bolandygyny nygtady. Milli terbiýe mekdebi hakynda aýdylan dürdäne jümleler, halk hazynasyndan mysal getirilen nakyllar her bir mugallymyň gündelik işinde ýörelgä öwrüler. Milli Liderimiz: «Sanly ulgamyň çäksiz mümkinçiliklerini ýerlikli, öz akyl-paýhasyňy, başarnygyňy kämilleşdirmek üçin netijeli peýdalanmak ýaşlarymyzyň öňündäki jogapkärçilikdir» diýmek bilen, döwrüň derwaýys meseleleriniň üstünde hem durup geçdi. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýaş nesli watansöýüjilik, ýokary ahlaklylyk we milli gymmatlyklara hormat goýmak ruhunda terbiýelemek döwlet syýasatynyň esasy ýörelgeleriniň biridir. Alym Arkadagymyzyň atalyk nesihatlary geljekki nesiller üçin ruhy hazynadyr. Gahryman Arkadagymyz çykyşynda söýgi düşünjesini mukaddes ynam, ata Watan düşünjeleri bilen berk baglanyşdyrdy. Şeýlelikde, «söýgi» diýen mukaddes düşünje geçmişe buýsanç, şu güne şükranalyk we geljege ynam manysynda diňleýjiniň aňyna ornaýar. Milli Liderimiziň ýaşlara ýüzlenip aýdan sargytlarynda çagyryş we ruhlandyryjy gurluş aýdyň görünýär: «Türkmen topragyny söýüň! Türkmen halkyny söýüň! Türkmeniň milli mirasyny söýüň! Sporty söýüň!». Bu ündewler diňleýjini jemgyýetçilik we ruhy ösüşiň işjeň gatnaşyjysyna öwürýär. Bu tilsim ýaşlarda zähmete, Watana, milli mirasa we sagdyn durmuş ýörelgelerine söýgini has-da artdyrýar. Gahryman Arkadagymyzyň pähim-paýhasly çykyşlary dil bilimi we çеpеrçilik taýdan kämil bolmak bilen bir hatarda, ýaş nesiller üçin watansöýüjiligiň hem-de kämil ahlaklylygyň nusgalyk mekdebidir. Gahryman Arkadagymyzyň bu taryhy umumy okuw sapagy nesilleriň kämillik mekdebidir, taryhy-arheologik mirasy ylmy esasda öwrenmekde, ruhy gymmatlyklary häzirki zaman bilim ulgamyna ornaşdyrmakda, ýaşlary taryhy köklerine wepaly şahsyýetler edip ýetişdirmekde binýatdyr. Ýokary okuw mekdebimizde hem Gahryman Arkadagymyzyň sargytlaryny, watançylyk çagyryşlaryny durmuşa geçirmekde ähli zehin-yhlasymyzy gaýgyrman zähmet çekeris. Arkadagly Gahryman Serdarymyza tutumly işlerinde rowaçlyklary tüýs ýürekden arzuw edýäris. Amanmyrat AÝDOGDYÝEW, Türkmen döwlet medeniýet institutynyň rektory, sungaty öwreniş ylymlarynyň kandidaty
Подготовка кадров будущего
Последовательная модернизация высшей школы, освоение актуальных методик и интеграция в мировое академическое пространство – ключевые ориентиры развития системы образования Туркменистана. В этом контексте первостепенную роль играет внедрение результатов международных партнёрских инициатив в повседневную практику отечественных вузов. Успешный опыт такого взаимодействия демонстрируют Государственный энергетический институт Туркменистана и Международный университет нефти и газа имени Ягшыгелди Какаева. Вузы активно участвуют в проекте программы ЕС Erasmus+ ESGCA («Объединение экологических вопросов, общественных потребностей и эффективного управления в сферах образования и занятости в Центральной Азии»). Совместная работа двух ведущих вузов в рамках одной международной инициативы позволила активно обмениваться опытом, повышать квалификацию преподавателей и внедрять принципы устойчивого развития в высшую школу. Практическим итогом этого сотрудничества стало открытие с 2026-2027 учебного года новых магистерских программ. Их содержание формировалось с опорой на результаты проекта ESGCA, ключевые ESG-подходы и лучший мировой опыт. Проект ESGCA направлен на интеграцию принципов экологической и социальной ответственности, а также эффективного управления в систему высшего образования стран Центральной Азии. Он способствует развитию потенциала вузов, стимулирует научно-исследовательскую деятельность, помогает обновлять учебные программы и укреплять связи с работодателями. В современных условиях эти стандарты становятся основой работы предприятий, особенно в стратегически важных сферах – энергетике и нефтегазовой промышленности. Именно поэтому подготовка кадров, объединяющих фундаментальные знания в экономике и управлении с навыками в сфере устойчивого развития, экологии, социальной ответственности и цифровой трансформации, стала важным приоритетом для высшей школы. Совместная работа двух туркменских вузов в рамках проекта ESGCA позволила успешно внедрить эти подходы в новые магистерские программы с учётом специфики каждой отрасли. Начиная с 2026–2027 учебного года, в Государственном энергетическом институте Туркменистана введена новая магистерская программа по направлению подготовки «Экономика и управление топливно-энергетического комплекса». В свою очередь, в Международном университете нефти и газа имени Ягшыгелди Какаева открыт приём на направление «Экономика и управление нефтегазовой отрасли». Данные направления разработаны с учётом современных требований энергетического сектора, охватывающих экономический, управленческий, экологический и цифровой аспекты развития. Запуск этих программ напрямую связан с задачами масштабной модернизации топливно-энергетического комплекса, повышения его экономической эффективности, внедрения цифровых технологий и реализации принципов устойчивого развития. Учебные курсы ориентированы на подготовку высококвалифицированных специалистов, обладающих знаниями и практическим опытом в сфере управления энергетическим сектором. Главная цель подготовки заключается в формировании управленческих кадров нового формата. Слушатели научатся анализировать экономические процессы на всех уровнях, принимать стратегические решения, выстраивать энергоэффективное производство и применять стандарты социальной и экологической ответственности. Отличительная черта образовательного процесса заключается в его междисциплинарности. Содержание программ объединяет экономику, менеджмент, право, общественные науки и цифровые технологии. Благодаря этому выпускники смогут разрабатывать полноценные стратегии развития с опорой на ESG-принципы, оценку экологических рисков и инструменты «зелёной» экономики. Особый акцент сделан на научно-исследовательской работе. В фокусе внимания будущих магистров будут такие актуальные темы, как экономика окружающей среды, энергетический менеджмент, государственное регулирование природопользования, региональный ресурсный потенциал и цифровизация процессов в ТЭК. Таким образом, единый международный проект стал общей платформой для запуска двух современных магистерских программ в ведущих отраслевых вузах Туркменистана. Их связывает общая концептуальная основа – принципы экологической и социальной ответственности, эффективного управления и устойчивого развития. При этом каждое направление учитывает специфику и запросы конкретной сферы экономики. Динамичное развитие энергетического и нефтегазового секторов страны, цифровизация производства и рост требований к экономической эффективности формируют спрос на кадры нового поколения. Сегодня в отрасли востребован профильный специалист, способный не просто проводить финансово-хозяйственный анализ и принимать базовые решения, но и комплексно учитывать экологические факторы, оценивать риски, рационально использовать ресурсы и выстраивать долгосрочные стратегии. Участвуя в международной программе Erasmus+ ESGCA, Государственный энергетический институт Туркменистана и Международный университет нефти и газа имени Ягшыгелди Какаева внесли свой вклад в системную интеграцию принципов ESG в высшую школу. Открытие профильной магистратуры в обоих вузах стало важнейшим практическим шагом на пути модернизации национального образования, обновления учебных планов с опорой на мировой опыт и подготовки высококлассных профессионалов. В конечном счёте совместное успешное участие двух отечественных вузов в проекте ESGCA – это яркое подтверждение того, как международное академическое сотрудничество и научный обмен дают реальные практические плоды. Внедрение передовых стандартов непосредственно в учебный процесс служит укреплению кадрового потенциала и дальнейшему прогрессу всей страны. Гадам АКМЫРАДОВ, преподаватель Государственного энергетического института Туркменистана.
Türkmen-gruzin hyzmatdaşlygy: tejribeleri utgaşdyryp, täze gözýetimlere
Ylym, bilim hem-de ýaşlar syýasaty boýunça dünýä döwletleri bilen hyzmatdaşlygyň yzygiderli ilerledilmegi milli ykdysadyýetiň köpugurly ösdürilmeginde, dünýä tejribesiniň öňdebaryjy bilimlerinden habardar, häzirki zaman tehnologiýalaryna başarjaň erk edip bilýän zehinli ýaşlary kemala getirmekde derwaýys ähmiýete eýedir. Daşary ýurtlaryň ylym-bilim we ýaşlar syýasaty boýunça döwlet düzümleri, ýokary okuw mekdepleri, ylmy merkezleri bilen gatnaşyklaryň özara bähbitli, geljegi uly ugurlar boýunça ösdürilmegi tejribe alyşmakda hem-de tagallalary utgaşdyrmak esasynda täze taslamalaryň başyna barmakda giň mümkinçilikleri açýar. Golaýda ýurdumyzda saparda bolan Gruziýanyň bilim, ylym we ýaşlar ministri Giwi Mikanadzäniň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet bilen geçirilen duşuşyklar aýdanlarymyzyň anyk-aýdyň güwäsi boldy. Gruziýanyň wekiliýetiniň ýurdumyza saparynyň Diýarymyzda her ýyl giňden bellenilýän Bilimler we talyp ýaşlar gününe gabat gelmegi özboluşly mana eýe boldy. Dostlukly ýurduň wekilleri saparyň çäklerinde, 1-nji sentýabrda ýurdumyzyň gurluşyk pudagynyň geljekki ussat hünärmenlerini taýýarlaýan Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň täze binalar toplumynyň açylyş dabarasyna gatnaşdylar. Şol gün ýurdumyzda Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň täze binalar toplumynyň, şeýle hem täze umumybilim berýän mekdepleriňdir çagalar baglarynyň açylyp ulanmaga berilmegi hem ýurdumyzyň bilim ulgamynyň toplumlaýyn, maddy-enjamlaýyn düzümi taýdan yzygiderli kämilleşdirilýändigini äşgär edýär. Gruziýaly myhmanlar bu ugurdaky özgertmelere ýokary baha berip, ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň bilim binýadynyň barha pugtalanýandygyny nygtadylar. 1-nji sentýabrda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Mämmedow bilen Gruziýanyň bilim, ylym we ýaşlar ministri G.Mikanadzäniň arasynda geçirilen duşuşykda degişli ugurda gazanylan tejribeleri paýlaşmak, döwrebap bilim özgertmeleri, ylmy barlaglar, önümçilik ýaly anyk ädimleri talap edýän ugurlar boýunça pikir alşyldy. Şunda bilim, ylym, önümçilik we zähmet bazarynyň arasyndaky arabaglanyşygy pugtalandyrmak dürli ykdysady pudaklar üçin ökde hünärmenleri taýýarlamakda wajypdyr. Bilelikdäki ylym we bilim maksatnamalarynyň durmuşa geçirilmegi bolsa täzeçillikleri tiz özleşdirmäge, has netijeli usulyýetleri, tehnologiýalary bilim işine ornaşdyrmaga mümkinçilik döredýär. Gruziýada häzir ylym-bilim ulgamyny depginli ilerletmek babatda çuňňur özgertmeleriň amala aşyrylýandygy, Ýewropanyň öňdebaryjy tejribelerine yzygiderli eýerilýändigi nazarda tutulanda, ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyk ýurdumyzyň halkara bilim ulgamyndaky ornuny has-da pugtalandyrmaga giň ýol açar. Bu meselede iki ýurduň arasynda akademiki alyşmalary, mugallymlaryň we talyplaryň tejribe alyşmaklaryny ösdürmäge gyzyklanma bildirilýär. Şeýle hem ýaşlar babatda iki ýurtda gezekleşip geçiriljek tomusky lagerleri guramak, ýaş alymlaryň duşuşyklaryny, bilelikdäki bilim, ylmy we innowasion taslamalary ösdürmek meselelerine ähmiýet berler. Gatnaşyklary ýygjamlaşdyrmak maksady bilen, duşuşykda bilim ulgamynda hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-gruzin Iş toparynyň döredilmeginiň ähmiýeti barada hem durlup geçildi. Bu toparyň iki ýurduň bilim ministrleriniň orunbasarlarynyň derejesinde hereket etmegini, bilelikdäki başlangyçlary we taslamalary ara alyp maslahatlaşmagy, şeýle hem ylalaşyklaryň durmuşa geçirilmeginiň utgaşdyrylmagyny gazanmak maksat edinilýär. Munuň özi bilim ulgamynda hyzmatdaşlygy yzygiderli esasda işjeňleşdirmäge ýardam berer. Ýurdumyzda bilim ulgamyny sanlylaşdyrmaga, sanly tehnologiýalary bilim işinde peýdalanmagyň mümkinçiliklerini giňeltmäge, esasan-da, hünärmenleriň bu özgertmelere taýýarlygyny, başarnyklaryny kämilleşdirmäge soňky ýyllarda möhüm ähmiýet berlip, uly öňegidişlikler gazanylýar. Mälim bolşy ýaly, Gruziýanyň bilim ulgamynda hem sanlylaşdyrma bilim bermek işini toplumlaýyn ösdürmegiň esasy ugurlarynyň biri hasaplanýar. Şonuň esasynda sanly tehnologiýalary we emeli aňyň mümkinçiliklerini bilim işine ornaşdyrmak babatda tejribe alyşmak duşuşykda maslahatlaşylan esasy ugurlaryň biri boldy. Gruzin tarapy türkmen ýaşlarynyň Gruziýanyň ýokary okuw mekdeplerinde bilim almaklary üçin mümkinçilikleri giňeltmegi, Türkmenistanda Gruziýanyň ýokary okuw mekdepleriniň bilim sergisini geçirmegi, bilelikdäki ylmy taslamalary goldamagy we maliýeleşdirmegi hem-de Türkmenistanda Gruziýanyň ýokary okuw mekdepleriniň biriniň şahamçasyny açmak mümkinçiligini öwrenmegi teklip edýär. Saparyň çäklerinde gruziýaly myhmanlar «Magtymguly Pyragy» medeni-seýilgäh toplumyna baryp, gruzin şahyry Şota Rustaweliniň heýkeline gül goýdular. Şeýle hem olar Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetinde, Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynda hem-de Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde bolup, ýokary okuw mekdepleriniň işi, hünär ugurlary, olarda alnyp barylýan ylmy barlaglar bilen tanyşdylar. Ýokary okuw mekdepleriniň ýolbaşçylary bilen geçirilen duşuşyklarda ara alnyp maslahatlaşylan meseleler geljekde ýokary hünär bilimi ulgamynda täze gözýetimleri açar. — Biziň şu gezekki saparymyz, esasan, bilim ulgamynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlaryny ara alyp maslahatlaşmak, geljekde birek-birekden öwrenmek we özleşdirmek, akademiki alyşmalary ilerletmek, Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleriniň häzirki ýeten derejesi bilen tanyşmak babatda ajaýyp mümkinçilik boldy. Mysal üçin, Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň ýolbaşçylary bilen geçiren duşuşygymyzda mugallymlary we talyplary alyşmagyň, özara ylmy maslahatlary guramagyň, maslahatlara gatnaşmagyň mümkinçilikleri dogrusynda pikir alyşdyk. Şeýle hem Aşgabatda ýurduň saglygy goraýyş, bilim we sport ulgamlaryndaky üstünliklerine bagyşlanyp geçiriljek sergä we maslahata gatnaşmaga isleg bildirýäris. Bu bize halkara bilim bäsleşiklerinde yzygiderli ýokary netijeleri görkezýän türkmen ylmynyň we biliminiň gazananlary bilen has içgin tanyşmak, şeýle hem Gruziýanyň bilim ulgamynyň ösüşini tanyşdyrmak üçin uly mümkinçilik bolar — diýip, Gruziýanyň bilim, ylym we ýaşlar ministriniň orunbasary Zwiad Gabisoniýa söhbetdeş bolanymyzda gürrüň berdi. Mälim bolşy ýaly, hormatly Prezidentimiziň iýul aýynda Gruziýa amala aşyran döwlet saparynyň dowamynda ylym-bilim ulgamlarynda hyzmatdaşlygy ösdürmek, şol sanda ýokary okuw mekdepleriniň arasynda gatnaşyklary giňeltmek ara alnyp maslahatlaşylan esasy ugurlaryň hatarynda boldy. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň Bilim ministrligi bilen Gruziýanyň Bilim, ylym we ýaşlar ministrliginiň arasynda bilim babatda hyzmatdaşlyk etmek barada özara düşünişmek hakynda Ähtnama, şeýle hem ýurdumyzyň we Gruziýanyň ýokary okuw mekdepleriniň birnäçesiniň arasynda hyzmatdaşlyk etmek hakynda Ähtnamalara gol çekilipdi. Gruziýanyň bilim, ylym we ýaşlar ministri Giwi Mikanadzäniň ýolbaşçylygyndaky wekiliýetiň ýurdumyza sapary hem bu resminamalaryň hakykat ýüzünde durmuşa geçirilmegi üçin möhüm badalga bolup hyzmat edýär. Annaguly IŞANGULYÝEW. «Türkmenistan».
Ýaşlar dialogy işjeňleşdirilýär
Şu ýylyň 27 — 30-njy awgusty aralygynda Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Kazan şäherinde V Bütindünýä ýaşlar sammiti geçirildi. Oňa 50 ýurtdan 250-ä ýakyn wekil, müňden gowrak diňleýji gatnaşdy. Halkara medeni gatnaşyklary berkitmäge, özara pikir alyşmaga hem-de täze taslamalary goldamaga ýardam beren özboluşly meýdançada ýurdumyzyň ýaşlar wekiliýeti hem işjeň çykyş etdi. Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasynyň ýaşlar forumy, Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň degişli döwlet edaralary, Kazan federal uniwersiteti tarapyndan bilelikde guralan sammitde Yslam dünýäsiniň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça guramasynyň (ICESCO) öňe sürýän başlangyçlary bilen baglanyşykly gürrüňler edildi. Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň wekilleri ICESCO-nyň «Innowerse 50+» maksatnamasynyň çäginde geçirilen çäreleriň birnäçesine gatnaşdy. Olarda wekiliýet agzalary durnukly ösüş üçin hünärmenleri taýýarlamak, kiberhowpsuzlyk, emeli aň, ekologik abadançylyk, saglygy goraýyş, jemgyýetçilik-ykdysady we aragatnaşyk meseleleri bilen baglanyşykly bilimlerini artdyrdylar. Mundan başga-da, forumyň dowamynda daşary ýurtly gatnaşyjylara türkmen medeniýeti, ýurdumyzda alnyp barylýan ýaşlar hem-de ylym-bilim syýasaty tanyşdyryldy. Forumyň esasy mowzugy «Bütindünýä özgertmeler döwründe bilim: durnukly ösüş üçin hünärmenler» diýlip atlandyryldy. Onuň çäklerinde Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmek ugrunda görülýän çäreler, ýokary okuw mekdeplerinde emeli aňdan peýdalanmagyň tertibi, bilim ulgamynyň hilini kämilleşdirmek, sanly tehnologiýalardan peýdalanmak, adam maýasyny ösdürmek ýaly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. Türkmenistan bilen dünýä ýurtlarynyň arasyndaky dostlukly, parahatçylyk söýüjilikli hem-de ynsanperwer gatnaşyklarda ýaşlar hyzmatdaşlygy ähmiýetli orny eýeleýär. Kazan sammitinde hem beýan edilen pikir-garaýyşlarda ýurdumyzdaky ösüşlerde ýaşlaryň döredijilikli zähmetiniň, täzeçil çemeleşmeleriniň hereketlendiriji güýje öwrülýändigi nygtaldy. Mälim bolşy ýaly, Birleşen Milletler Guramasynyň 2030-njy ýyla çenli Gün tertibinde bellenen wezipeleri Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanda durmuşa geçirmek ýurduň durmuş syýasatynyň möhüm ugry bolup durýar. Bu ilatyň hal-ýagdaýyny ýokarlandyrmaga, sagdyn ýaşaýşy, gender deňligini üpjün etmäge, hemmeler üçin adalatly we ýokary hilli bilim almak üçin şertleri döretmäge, ykdysadyýetiň ähli ugurlaryny sanlylaşdyrmaga we innowasiýalara gönükdirilendir. Bu günki günde ýurtlaryň hem-de halkara guramalaryň öňe sürýän ynsanperwer, dostlukly, parahatçylyk söýüjilikli başlangyçlaryny amala aşyrmakda, olary durmuşa geçirmekde ýaşlaryň mümkinçiliklerine ýokary baha berilýär. Muňa Kazan sammitiniň mysalynda aýdyň göz ýetirmek mümkin boldy. Ýeri gelende bellesek, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe türkmen ýaşlarynyň halkara dialogy barha ilerledilýär. Ýakynda Özbegistan Respublikasynyň Hywa şäherinde geçirilen Türkmen-özbek ýaşlar forumy şeýle çäreleriň biri hökmünde möhüm ähmiýete eýe boldy. Türkmenistanyň ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň many-mazmunyny, mümkinçiliklerini dünýä ýaýmaga döredilýän şeýle giň mümkinçilikler üçin Gahryman Arkadagymyza hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyza köp sagbolsun aýdýarys. Habib ATABERDIÝEW, «Arkadagly ýaşlar» elektron žurnalynyň terjimeçisi.
Ekologiýa boýunça iň gowy taslama
Golaýda Özbegistan Respublikasynyň Şahrisabs şäherinde geçirilen «Ýaşlar — geljegi gurujylar» atly V Halkara ekologiýa gurultaýy daşky gurşawy goramak, tebigy baýlyklary rejeli peýdalanmak we ekologiýa ulgamynda halkara hyzmatdaşlygy ösdürmek meselelerine bagyşlandy. Oňa Merkezi Aziýa döwletleri bilen birlikde, Russiýadan, Belarusdan, Azerbaýjandan, Türkiýeden we beýleki ýurtlardan wekiller gatnaşdylar. Halkara gurultaýyň çäklerinde geçirilen «Iň gowy halkara ekologik taslama» bäsleşigi netijeli häsiýeti bilen tapawutlandy. Onda Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň ekologiýa we ekologik tehnologiýalar kafedrasynyň mugallym-öwrenijisi Oguldurdy Baýramowa hem öz taslamasy bilen çykyş etdi. Türkmen hünärmeniniň ekologik taslamasy bäsleşigiň netijesinde I orna mynasyp boldy. Bu halkara üstünlik ýurdumyzyň bilim ulgamynda ylmy gözlegleriň, innowasion başlangyçlaryň we ýaş hünärmenleriň döredijilik mümkinçilikleriniň giňelýändiginiň nobatdaky aýdyň mysalyna öwrüldi. Şeýle hem ol ekologik meseleleriň ylmy taýdan öwrenilmegine we türkmen bilim işgärleriniň halkara tejribesiniň baýlaşmagyna goşant goşdy. Maksatmyrat ÇARYÝEW. «Türkmenistan»
Ylym-bilim we milli terbiýe — geljegimize şamçyrag
Didar NIÝAZLYÝEW,Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynyň talyby: — «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýyly durmuşymda ýatdan çykmajak pursatlara beslenýär. Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynyň bagtyýar talyby bolmagym hem-de täze okuw ýyly mynasybetli Gahryman Arkadagymyzyň umumy sapagyna gatnaşmagym buýsançly başymy göge ýetirdi. Milli Liderimiziň ahalteke bedewleri barada aýdan gymmatly maglumatlary bizde uly täsir galdyrdy. Şeýle-de adamyň hakyky baýlygynyň onuň ylym-bilimi bilen birlikde, ahlagynda, edebinde, dogruçyllygynda, halallygynda, zähmetsöýerliginde we Watana söýgüsinde ýüze çykýandygy hakynda eden sargytlary-da örän täsir etdi. Ahalteke bedewleri gözelligi, çaltlygy we çydamlylygy bilen bütin dünýäde uly şan-şöhrata eýe bolan naýbaşy gymmatlygymyzdyr. Sebitde deňi-taýy bolmadyk Arkadag şäherinde atçylyk ugurly akademiýanyň açylmagy bu ajaýyp sungaty täze ylmy derejä göterdi. Döwrebap ýokary okuw mekdebi atçylyk pudagy üçin kämil hünärmenleri, çapyksuwarlary, seýisleri taýýarlamakda möhüm binýat bolup hyzmat edýär. Geljekde döwrebap bilim ojagymyzda alan bilimimiz, häzirki zaman tehnologiýalary bilen işlemek başarnygymyz bilen Watanymyzyň ösüşlerine mynasyp goşant goşarys. Ýurdumyzda ýaşlara döredilýän mümkinçilikler bize uly ynam bildirilýändigini aňladýar. Ýaş nesliň bagtyýar, abadan geljegi üçin ýadawsyz tagallalar edýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, belent başlary aman, tutumly işleri rowaç bolsun! Ýazga geçiren Maksatmyrat ÇARYÝEW. «Türkmenistan»
Ylym-bilim we milli terbiýe — geljegimize şamçyrag
Jennet PÜRLIÝEWA,Arkadag şäherindäki iňlis dili dersine ýöriteleşdirilen 3-nji orta mekdebiň mugallymy: — Mugallymçylyk kärindäki ilkinji günümden bäri bilim bilen terbiýäniň biri-birinden aýrylmaz düşünjedigine ynanýaryn. Gahryman Arkadagymyzyň çuňňur pähim-paýhasa ýugrulan umumy sapagy bu ynamymy has-da berkitdi. Sapagyň dowamynda Milli Liderimiziň nesil terbiýesi hakynda aýdanlary, bu ugurda mugallymdyr halypalaryň öňünde goýan wezipeleri saýlap alan kärimize bolan tutanýerliligimizi has-da artdyrdy. Çaga kitapdan köp zady öwrenip biler, emma ol edep-terbiýäni, salyhatlylygy, ululara hormaty, kiçilere hemaýaty, zähmete söýgini, halallygy we adamkärçiligi ulularyň göreldesinden öwrenýär. Şonuň üçin mugallymyň aýdýan sözi bilen edýän işiniň arasynda tapawut bolmaly däldir. Ýaş nesliň kämil şahsyýet bolup ýetişmeginde mugallymyň hem, maşgalanyň hem orny örän uludyr. Meni aýratyn-da, gyz çagalaryň zähmet terbiýesi baradaky pikirler oýlandyrdy. Türkmen maşgalasynda gyz perzendiň el işlerine, keşdeçilik, tikinçilik, halyçylyk ýaly milli hünärlere höweslendirilmegi asyrlardan bäri dowam edip gelýär. Eli çeper, zähmetsöýer, başarjaň gyzlar milli gymmatlyklarymyzy dowamata atarýarlar. Täze bilimleriň, häzirki zaman tehnologiýalarynyň arasynda ýaşlaryň kalbynda türkmençilik däp-dessurlarymyzy ýaşatmak iň esasy wezipämizdir. Şeýle ajaýyp durmuşda ýaşap, ýaş nesliň döwrebap bilim-terbiýe almagyna öz goşandymyzy goşmaga döredilýän ähli mümkinçilikler üçin Gahryman Arkadagymyza hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyza tüýs ýürekden alkyş aýdýarys. Ýazga geçiren Maksatmyrat ÇARYÝEW. «Türkmenistan»
Ylym-bilim we milli terbiýe — geljegimize şamçyrag
Arkadag şäheriniň Ruhyýet köşgünde Gahryman Arkadagymyzyň ýurdumyzyň bilim işgärleri, talyp ýaşlar hem-de okuwçylar bilen geçen umumy sapagy ylym-bilim ulgamynda möhüm ähmiýetli taryhy waka boldy. Onuň dowamynda ýaş nesliň öwrenmäge höwesini artdyrmak, olaryň milli gymmatlyklara wepalylygyny berkitmek babatda gymmatly pikirler beýan edildi. Öňe sürlen her bir pikir ýaşlaryň durmuşda dogry ýol-ýörelgäni saýlamagyna, Watana söýgüsini iş ýüzünde görkezmegine ýardam berýän nusgalyk öwüt-ündewlere öwrüldi. Şunda bilim bilen terbiýäniň sazlaşygynyň kämil şahsyýeti kemala getirmegiň esasy şertleriniň biridigi aýratyn nygtaldy. Gahryman Arkadagymyzyň Watanymyzyň beýik geljegini gurujylara bildirýän belent ynamy olary täze üstünliklere, döredijilikli zähmete, ylym-bilimde öňe gitmäge ruhlandyrýan güýçdür. Bular barada watançylyk sapagyna gatnaşan ildeşlerimiziň käbiriniň pikir-garaýyşlaryny okyjylara ýetirýäris. Merdan BERDINYÝAZOW,Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň mugallymy: — Täze, 2026-2027-nji okuw ýylynyň ilkinji günlerinde Arkadag şäheriniň Ruhyýet köşgünde Gahryman Arkadagymyzyň bilim işgärlerine, talyp ýaşlara we mekdep okuwçylaryna geçen umumy sapagyna gatnaşmak meniň üçin diýseň buýsançly waka boldy. Sapakda beýan edilen pähim-paýhasa ýugrulan her bir jümle mugallym hökmünde saýlap alan kärime bolan söýgimi has-da artdyrdy. Umumy sapagyň dowamynda ýurdumyzda garaşsyz ösüşiň 35 ýylynda gazanylan üstünlikler, ýetilen belent sepgitler, hemişelik Bitaraplygymyzyň esasynda dünýä döwletleri bilen alnyp barylýan dost-doganlyk gatnaşyklary barada giňişleýin gürrüň edildi. Bu beýik ösüşleriň binýadynda halkymyzyň agzybirliginiň, parahatçylygynyň we döredijilikli zähmetiniň bardygy barada bellenildi. Umumy sapakda türkmençilik däp-dessurlaryna, maşgala mukaddesligine, ýaş nesli milli ruhda terbiýelemegiň ähmiýetine aýratyn üns berilmeginiň möhümdigi aýdyldy. Bu babatda pederlerimizden miras galan atalar sözleri, nakyllar, tymsallar, hüwdüler ägirt uly terbiýeçilik güýjüne eýedir. Gahryman Arkadagymyzyň «Ynsany kämillige ýetirýän ylym hem-de bilimdir» diýen pähimi biziň her birimiz üçin ýolgörkeziji şamçyragdyr. Watançylyk sapagy ýaşlary watansöýüji, zähmetsöýer, arassa ahlakly, milli ýörelgelere wepaly şahsyýetler edip ýetişdirmek babatda has-da jogapkärçilikli işlemäge borçlandyrdy. Gahryman Arkadagymyza we Arkadagly Gahryman Serdarymyza ýaş nesliň röwşen geljegi ugrunda alyp barýan beýik işleri üçin tüýs ýürekden sagbolsun aýdýarys. Ýazga geçiren Maksatmyrat ÇARYÝEW. «Türkmenistan»
О высоком призвании юного поколения
Бахаргуль ХАЛЛЫЕВА,директор детского сада № 9 города Аркадаг: – В современной истории Туркменистана воспитание подрастающего поколения возведено в ранг важнейшего государственного приоритета. Мудрые наставления, озвученные Национальным Лидером туркменского народа, Председателем Халк Маслахаты Героем-Аркадагом Гурбангулы Бердымухамедовым в ходе исторического общего урока, обрели для работников дошкольного образования фундаментальное значение, выступая прочной основой для формирования личности нового гражданина эры Возрождения новой эпохи могущественного государства. Особое место в наставлениях Героя-Аркадага занимает институт семьи. Как педагог всецело разделяю мысль о том, что воспитание начинается с первых дней жизни. Святость материнства, важность естественного вскармливания, бережное отношение к национальным обрядам, таким, как «gulpak toýy», выступают священным достоянием истории и фундаментом физического и нравственного здоровья народа. Воспитывая девочек в духе благородства, а мальчиков – в духе патриотизма и трудолюбия, мы закладываем прочный фундамент стабильности нашего общества. В условиях стремительного развития города Аркадаг – первой в Центральноазиатском регионе инновационной модели «смарт-сити», где созданы совершенные условия для интеллектуального и физического воспитания юных граждан, – роль дошкольного педагога приобретает ключевой характер. Наша задача – наряду с передачей первоначальных знаний – прививать воспитанникам исконные человеческие ценности, среди которых скромность, честность, преданность Родине и уважение к старшим. Вдохновляющие слова Героя-Аркадага о том, что мечты каждого, кто честно трудится на благо страны, обязательно сбываются, дают нам мощный прилив сил для новых профессиональных свершений. Мы выражаем признательность Национальному Лидеру туркменского народа за отеческую заботу о будущем поколении Туркменистана. Личный пример беззаветного служения Героя-Аркадага народу, призыв к постоянному самосовершенствованию и верность священным идеалам служат для нас неиссякаемым источником созидательной энергии. Следуя этим мудрым заветам, мы воспитаем достойное поколение, которое с честью продолжит великие дела, начатые Героем-Аркадагом и Аркадаглы Героем Сердаром, во имя обеспечения процветания Отчизны. Гозел ДЖАПБАРОВА, «НТ»
О высоком призвании юного поколения
Гульджана ГАРЯГДЫЕВА,преподаватель Педагогической средней профессиональной школы имени Бердымухамеда Аннаева города Аркадаг: – Общий урок, инициированный и проведённый Национальным Лидером туркменского народа, Председателем Халк Маслахаты Туркменистана Героем-Аркадагом для молодёжи всей страны, наполнил наши сердца гордостью и осознанием причастности к историческим преобразованиям Отчизны. Для педагогического коллектива и учащихся нашего учебного заведения эта встреча явилась судьбоносным событием, определившим ключевые векторы воспитания и духовного роста подрастающего поколения. Мы испытываем искреннюю радость, что представляем современную школу, возведённую в городе Аркадаг, построенном по инициативе Национального Лидера туркменского народа, и торжественно открытую уважаемым Президентом Аркадаглы Героем Сердаром. Величайшая честь и ответственность для каждого из нас – учиться и трудиться в этом инновационном очаге просвещения, носящем имя выдающегося педагога, мужественного воина и истинного патриота Бердымухамеда Аннаева, дедушки уважаемого Героя-Аркадага. Его благородный жизненный путь и беззаветное служение Родине являются священным ориентиром для юных граждан страны. В своём выступлении Герой-Аркадаг с особой теплотой подчеркнул, что молодёжь – это главный стратегический ресурс и будущее государства. Всеобъемлющая государственная поддержка молодых учёных, педагогов и талантливой молодёжи органично сочетается с бережным сохранением духа предков и незыблемых национальных ценностей. Доверие, оказанное Национальным Лидером туркменского народа юному поколению, возлагает на педагогическое сообщество важную миссию – не просто передавать фундаментальные знания, но и формировать у учащихся высокую гражданскую ответственность, стремление к научным вершинам и преданность родному народу. Этот исторический урок прозвучал для нас как призыв к новым профессиональным и творческим свершениям. Мы безмерно благодарны за неустанную заботу о сфере образования и гордимся тем, что под руководством Президента Аркадаглы Героя Сердара и при мудром наставничестве Героя-Аркадага в стране формируется надёжная интеллектуальная опора народа, готовая с честью приумножать славу независимого нейтрального Туркменистана.
О высоком призвании юного поколения
Время предъявляет к нам высочайшие требования, и главное из них – воспитать гражданина-созидателя, способного бережно хранить духовные заветы предков и уверенно вести Отчизну к новым рубежам прогресса. Ярчайшей вехой на этом пути послужил исторический общий урок Национального Лидера туркменского народа, Председателя Халк Маслахаты Туркменистана Гурбангулы Бердымухамедова для студенческой и школьной молодёжи, проведённый во Дворце «Ruhyýet» города Аркадаг. Фундаментальное по философскому наполнению и гражданскому посылу выступление Героя-Аркадага явилось настоящей школой жизни для молодого поколения страны. Выступление Национального Лидера туркменского народа предстало как монументальный философский труд, охвативший ключевые векторы государственного строительства, внешнеполитического курса и духовного развития общества. В своём Обращении к студенчеству и школьной молодёжи Герой-Аркадаг раскрыл глубокий смысл истинного патриотизма, подчеркнув, что именно в юности зарождается священное чувство ответственности за судьбу Отчизны. Особое место в лекции заняло освещение концептуальных основ постоянного нейтралитета – фундаментального достояния народа и действенного инструмента международной миротворческой дипломатии. Опираясь на гуманистические учения великих предков, Туркменистан уверенно утверждается в качестве проводника глобального согласия, что подтверждается множеством принятых резолюций Генеральной Ассамблеи ООН, продвижением инициативы «Диалог – гарантия мира». В искренних словах участников форума просвещения – представителей педагогического сообщества и общественных организаций – отражена сердечная признательность Герою-Аркадагу за мудрые ориентиры и неустанную заботу о будущем независимого нейтрального Туркменистана, объединившая их в стремлении отдавать все силы и знания во имя процветания Отчизны. Огульнар БАЙРАМОВА,главный специалист отдела организационной и культурно-массовой работы объединения профсоюзов города Аркадаг: – Проведённый Героем-Аркадагом общий урок для студенческой и школьной молодёжи вошёл в историю как важнейшая веха в жизни страны. Глубоко символично, что именно город Аркадаг – символ инновационного развития – утвердился в качестве главной трибуны этого судьбоносного диалога о высоком призвании юного поколения и созидательных ориентирах Отчизны. В своём выступлении Национальный Лидер туркменского народа осветил фундаментальные темы – от многовековой философии предков до стратегических успехов независимого нейтрального Туркменистана на мировой арене. Особый акцент был сделан на ключевой роли нашей страны в системе ООН и динамичном расширении международного экономического сотрудничества. Нам, профсоюзным работникам, близка и понятна мысль Героя-Аркадага о преемственности поколений. Молодые люди, выросшие в годы независимости, располагают всеми условиями для раскрытия своего интеллектуального и творческого потенциала. Наглядное тому свидетельство – возведение в 2026 году новых современных комплексов Туркменского государственного архитектурно-строительного института в Ашхабаде и Туркменского государственного педагогического института имени Сейитназара Сейди в городе Туркменабат. Государство делает всё, чтобы страна получала высококлассных специалистов. Мудрые наставления Национального Лидера туркменского народа, пронизанные патриотизмом и уважением к традициям, служат неиссякаемым источником вдохновения для студентов и преподавателей. Задача общественных организаций – донести эти ориентиры до каждого молодого человека, вдохновляя на созидательный труд.
За знаниями – в новые школы!
Назакет ХАСАНОВА,учительница английского языка средней школы № 24 Фарабского этрапа: – Оснащение новой школы техническими средствами обучения и наглядными пособиями поражает воображение. Четыре классных помещения оборудованы лингафонами. Компьютеры, интерактивные доски в классах и другие мультимедийные средства повышают качество обучения. Применяя их, можно сделать уроки более интересными и содержательными. У нас есть все возможности с помощью цифровых технологий создавать для своих уроков наглядные материалы, проводить презентации. Всё это открывает школьникам путь к новым вершинам знаний. * * * Радостные торжества, состоявшиеся по случаю Дня знаний и студенческой молодёжи, совпали с прекрасным событием в жизни малышей жилого массива «Gülüstan» города Дашогуз. Здесь рядом с величественными новостройками и современными жилыми домами был введён в эксплуатацию новый детский сад № 41. В двухэтажном здании, возведённом строителями хозяйственного общества «Mäkäm gurluşyk», являющегося членом Союза промышленников и предпринимателей Туркменистана, созданы все необходимые условия для воспитания, обучения 240 малышей, а также для того, чтобы они занимались спортом, укрепляли своё здоровье, участвовали в песенно-музыкальных и танцевальных кружках, весело проводили время, полноценно отдыхали и питались. Для этого предназначены специальные помещения, оснащённые современным оборудованием, учебными пособиями, необходимым инвентарём. Детский сад рассчитан для воспитания в общей сложности 12 групп малышей, разделённых по возрасту. На территории детского сада также имеются теневые навесы, спортивные площадки и плавательный бассейн. Почётные старейшины, педагоги и местные жители, принявшие участие в праздничном мероприятии по случаю ввода нового детского сада общей площадью 2,5 гектара в эксплуатацию, с большой гордостью отметили, что это учреждение полностью отвечает требованиям сегодняшнего дня, и выразили слова признательности Президенту страны за заботу о детях. Подготовили: Черкез НИЯЗМАМЕДОВ, Довлетгелди ХУДАЙБЕРДИЕВ, «НТ» и Гутлымырат AШИРОВ (Дашогуз). Фото Мердана ОРАЗОВА, Бегенчмырата АТАЕВА
За знаниями – в новые школы!
Гюльбахар СЕЙДУЛЛАЕВА,директор средней школы № 28 Чарджевского этрапа: – Невозможно описать словами радость и восторг наших учителей, учеников и их родителей, ставших свидетелями воплощения в жизнь политики Президента Аркадаглы Героя Сердара и Национального Лидера туркменского народа Героя-Аркадага в области образования. Годы независимости можно характеризовать масштабными преобразованиями во всех отраслях экономики. Коснулись они и нас. За последние годы на территории нашего велаята открылись десятки новых школ и детских садов. Все эти объекты оснащены необходимыми техническими средствами. Мы искренне признательны Президенту страны за отеческую заботу о детях и неустанную деятельность во благо нашей страны. Подготовили: Черкез НИЯЗМАМЕДОВ, Довлетгелди ХУДАЙБЕРДИЕВ, «НТ» и Гутлымырат AШИРОВ (Дашогуз). Фото Мердана ОРАЗОВА, Бегенчмырата АТАЕВА
За знаниями – в новые школы!
В День знаний и студенческой молодёжи юные жители генгешлика имени Тагана Байрамдурдыева села Геоктепе Геоктепинского этрапа Ахалского велаята получили в дар от Президента Туркменистана Сердара Бердымухамедова новую среднюю школу на 960 мест, оснащённую самым современным оборудованием. На торжественной церемонии открытия важного социального объекта присутствовали депутаты Меджлиса Туркменистана, представители хякимликов велаята и этрапа, общественных организаций. В школе созданы все условия для учащихся – уютные светлые классы, в том числе компьютерные, лаборатории по химии и физике, во дворе школы – спортивная площадка, беговые дорожки. Церемония открытия сопровождалась песнями и танцами творческих коллективов, с огромным воодушевлением воспевавших грандиозные достижения туркменского народа в эру Возрождения новой эпохи могущественного государства. Наш корреспондент попросил участников торжественной церемонии прокомментировать это событие. В генгешлике «Garaşsyzlyk» Тедженского этрапа Ахалского велаята подарок от Президента получили малыши. Здесь состоялась торжественная церемония открытия нового беломраморного двухэтажного здания детского сада на 320 мест. Юные жители стали счастливыми обладателями светлых и уютных групп со спальнями, раздевалками, игровыми помещениями. Есть и физкультурный зал со спортивным снаряжением, зимние игровые площадки, медпункт с процедурным кабинетом. Жители села с огромной благодарностью приняли этот дар от имени Президента Сердара Бердымухамедова. Новый детский сад буквально преобразил центральную сельскую улицу. А радость детей безгранична – отныне их детство будет проходить за стенами сверкающего дворца. Юные дарования Тедженского этрапа исполнили песни, прочитали стихи, показали театрализованное представление, воспевающее любимую Отчизну, достижения эры Возрождения новой эпохи могущественного государства под руководством Президента Аркадаглы Героя Сердара. Две новые школы открылись первого сентября в Лебапском велаяте. Среднюю школу № 28 на 400 мест в селе Дуры яп генгешлика Ходжаили Чарджевского этрапа возвели специалисты хозяйственного общества «Astana gurluşyk». Таким образом, недалеко от старого здания учебного заведения появилось новое. Школа, сданная в эксплуатацию в День знаний и студенческой молодёжи в селе Бозарык Фарабского этрапа, рассчитана на 600 учеников. Её возвели строители хозяйственного общества «Bäş nur». По случаю сдачи в эксплуатацию новых объектов состоялись торжества, во время которых наиболее отличившимся строителям вручили ценные подарки от имени Президента Туркменистана. После благословения почётных старейшин была перерезана ленточка, и гости ознакомились со школами. Родители, участвовавшие в церемониях открытия, по достоинству оценили работу строителей, и охотно поделились своими впечатлениями. Подготовили: Черкез НИЯЗМАМЕДОВ, Довлетгелди ХУДАЙБЕРДИЕВ, «НТ» и Гутлымырат AШИРОВ (Дашогуз). Фото Мердана ОРАЗОВА, Бегенчмырата АТАЕВА
Центр инновационных технологий
Стратегический курс независимого нейтрального Туркменистана на модернизацию социальной сферы жизни находит своё практическое воплощение в масштабных созидательных инициативах, закладывающих прочный интеллектуальный и технологический фундамент будущего. В День знаний и студенческой молодёжи в Ашхабаде при участии Президента Сердара Бердымухамедова состоялось торжественное открытие нового комплекса зданий Туркменского государственного архитектурно-строительного института. Возведение столь грандиозного научно-образовательного центра призвано вывести подготовку отечественных инженерных кадров на качественно новый уровень, отвечающий передовым международным стандартам. В ходе знакомства с комплексом новых зданий вуза глава государства детально изучил материально-техническую базу, посетив высокотехнологичные лаборатории кибербезопасности, сейсмостойкого строительства, химических технологий и цифровых коммуникаций. Здесь студенты представили свои первые инновационные разработки, наглядно подтверждающие высокий уровень практической подготовки. Новый студенческий городок представляет собой целостную экосистему, объединившую просторные аудитории, производственные базы, цифровую библиотеку, спортивные сооружения и комфортабельные общежития. Созданная инфраструктура мирового уровня формирует оптимальные условия для глубоких научных изысканий и успешной интеграции отечественной высшей школы в глобальное образовательное пространство. Своими впечатлениями о грандиозном событии и искренней признательностью за отеческую заботу делятся непосредственные участники торжества. Мейлис БАБАЕВ,проректор Туркменского государственного архитектурно-строительного института: – В год 35-летия священной независимости благодаря неустанной заботе Президента Аркадаглы Героя Сердара о молодёжи прекрасным подарком к этому великому празднику стал ввод в эксплуатацию современного комплекса зданий Туркменского государственного архитектурно-строительного института. Это событие знаменует собой закономерный и важнейший этап практической реализации государственной стратегии, направленной на кардинальную модернизацию национальной системы образования. Новая инфраструктура института спроектирована с учётом передовых мировых стандартов высшего технического образования, а интеграция современных лабораторных комплексов и цифровых платформ позволяет вывести подготовку инженерных кадров на качественно новый уровень и сформировать инновационную среду для прикладных проектов, встречая этот славный юбилей грандиозными открытиями в году «Независимый нейтральный Туркменистан – родина целеустремлённых крылатых скакунов». От лица профессорско-преподавательского состава и студентов выражаем глубокую, искреннюю признательность Президенту Сердару Бердымухамедову и Национальному Лидеру туркменского народа Герою-Аркадагу за постоянную заботу и всестороннюю поддержку образовательной сферы, являющейся прочным фундаментом духовного и экономического процветания страны. Благодаря созданию таких исключительных условий в новом учебном году наши студенты смогут максимально сфокусироваться на углублённом освоении профессий, научных изысканиях и повышении своей конкурентоспособности на международном рынке труда, уверенно ведя суверенное миролюбивое Отечество к новым вершинам прогресса. Гозел ДЖАПБАРОВА. Фото Хасана МАГАДОВА.
Символ заботы и созидания
Большим праздником для преподавателей и студентов Туркменского государственного педагогического института имени Сейитназара Сейди стало торжественное открытие нового комплекса зданий старейшего вуза страны. Студенческий городок, ставший украшением города Туркменабат, сочетает в себе элементы восточного и европейского стилей. Образуя единый архитектурный ансамбль, он удачно гармонирует с центром культуры «Türkmeniň ak öýi» и торгово-развлекательным центром «Lebap», построенными здесь ранее. Трогательным и волнующим моментом стало поздравление Президента страны по цифровой видеосвязи всех присутствующих на церемонии открытия новых объектов. Идея строительства нового студенческого городка принадлежит Национальному Лидеру туркменского народа, Председателю Халк Маслахаты Туркменистана Гурбангулы Бердымухамедову. Она была озвучена в июне 2022 года во время встречи с преподавателями и студентами этого учебного заведения, ставшего кузницей педагогических кадров для нашей страны. Реализацию проекта доверили специалистам хозяйственного общества «Nahal», за плечами которых достаточный опыт возведения крупных социальных объектов, в том числе и на территории юго-восточного региона страны (многопрофильная больница Лебапского велаята, детский оздоровительный центр «Bagtyýarlyk» хякимлика города Туркменабат, велаятская библиотека). Во всех этих стройках хозяйственное общество выступило генеральным подрядчиком. Теперь число сданных ими объектов пополнил современный студенческий городок. Как отметил начальник строительной площадки Новруз Бабаджанов, специалисты хозяйственного общества «Nahal» приложили все усилия, чтобы комплекс зданий был сдан в эксплуатацию в намеченные сроки. Для проведения строительно-монтажных работ привлекли профессионалов своего дела, благодаря которым все работы выполнены качественно. В результате преподаватели и студенты института получили возможность учить и учиться в корпусах, где предусмотрены все условия для успешной учебной деятельности. Здесь продумано всё до мелочей. Учащиеся, не выходя за пределы студенческого городка, могут посещать библиотеку, столовую, заниматься спортом. Для иногородних студентов и молодых специалистов построено общежитие. Всё это находится в шаговой доступности от учебных корпусов. Строитель Атамырат Хайытгулыев признался, что получил огромное удовольствие от того, что участвовал в создании такого великолепного комплекса зданий. Строителей объединяло чувство сопричастности к общему делу, когда на широком поле поднимались здания, которые потом внешне и внутренне красиво оформлялись. Это поднимало моральный дух рабочих, поэтому и работа у них ладилась. Сегодня, глядя на результаты своего труда, все они искренне рады. А восторгу тех, кто здесь будет проводить целые дни, нет предела. Даём слово некоторым из них. Довлетгелди ХУДАЙБЕРДИЕВ. Фото Мердана ОРАЗОВА.
Täze okuw ýyly — üstünlikleriň binýady
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda bilim ulgamynyň işini kämilleşdirmek döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň birine öwrüldi. Ynha, ýurdumyzda täze 2026-2027-nji okuw ýyly hem üstünlikli başlandy we ähli bilim işgärlerini, ýaşlary tüýs ýürekden buýsandyrdy. Çünki täze okuw ýyly üstünlikleriň gözbaşy bolup, her bir okuwçyny bilim öwrenmäge ruhlandyrýar. Şeýle ajaýyp günlerimizde birinji synpa gadam basýan okuwçylara hormatly Prezidentimiziň we Gahryman Arkadagymyzyň adyndan «Bilimli» atly kompýuterler dabaraly gowşuryldy. Garaşsyz hem hemişelik Bitarap Watanymyzda Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary bilen her ýyl ençeme döwrebap çagalar baglary, orta we ýörite orta, ýokary okuw mekdepleri, döwrebap kitaphanalar gurulýar we kämil tehniki enjamlar, kompýuterler we kitaplardyr gollanmalar bilen üpjün edilýär. Ynha, 1-nji sentýabrda ýurdumyzyň dürli künjeginde çagalar bagy we orta mekdepler açylyp ulanmaga berildi. Täze açylyp ulanmaga berlen bilim ojaklarynda iň döwrebap şertler, kompýuterler, multimedia enjamlary we beýleki döwrebap mümkinçilikler bar. Bu bilim ojaklary okatmagyň iň kämil usullarynyň durmuşa geçirilýändigini, bilim öwretmekde ähli şertleriň döredilýändigini beýan edýär. Umumy orta we ýörite orta hünär, ýokary okuw mekdeplerinde okuw dersleriniň mazmunynyň giňeldilmegi bu ugurda oňyn netijeleriň gazanylmagyny şertlendirdi. Hawa, Bilimler we talyp ýaşlar gününiň baýramçylygy uly şatlyk-şowhuna beslenip, üstünlikli geçirildi. Ýurdumyzda ähli çagalar baglaryndan başlap, ýokary okuw mekdeplerine çenli bilim edaralary täze okuw ýylynyň başlanmagy bilen gapylaryny giňden açdy. Mälim bolşy ýaly, şol güni 1-nji synpa okuwa barýan körpeleriň ählisine hormatly Prezidentimiziň we Gahryman Arkadagymyzyň adyndan döwrebap kompýuterler sowgat berildi. Bu bitirilýän beýik işleriň döwletiň, jemgyýetiň, halkyň ösüşinde, halkymyzyň bagtyýar durmuşynyň üpjün edilmeginde, aýratyn hem ýaş nesliň aň-bilim derejesiniň ýokarlanmagynda möhüm ähmiýeti bardyr. Bilim ulgamyndaky bitirilen beýik işler her bir ildeşimiziň syýasy, ykdysady, durmuş we ruhy taýdan sagdyn düşünjä eýe bolmagyna, döredijilikli zähmet çekmegine, hünär ussatlygyna şert döredýär. «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda toýlary toýa, baýramlary baýrama ulaşýan ata Watanymyzda iň döwrebap okuw usullary ornaşdyrylan, häzirki zamanyň tehniki enjamlary bilen üpjün edilen orta we ýörite orta hünär, ýokary okuw mekdeplerinde bilimdir terbiýe alýan ýaşlar özlerini juda bagtyýar duýýarlar. Ähli derslerden gowy okamak, köpçülik işlerine, sport çärelerine işjeň gatnaşmak bilen özleri baradaky durmuşa geçirilýän işlere mynasyp jogap berýärler. Ýurdumyzda hem-de halkara derejesindäki geçirilýän dürli dersler boýunça bäsleşiklere gatnaşyp, ýokary orunlara mynasyp bolup, öz zehin başarnyklaryny görkezýärler. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwri ýurdumyzyň bilim ulgamy üçin üstünlikli durmuşa geçirilýän netijeli özgertmeleriň amala aşyrylmagynyň şaýolunda möhüm tapgyr boldy. Bilim ulgamynda esasy maksatlar we wezipeler, onuň ösüşinde ileri tutulýan ugurlar üstünlikli özleşdirildi. Bu döwürde bilim we ýokary tehnologiýalar boýunça halkara hyzmatdaşlygyna hem kuwwatly itergi berildi. Ýurdumyzda bilim ulgamy dünýäniň ösen döwletleriniň derejesine göterilýär, onuň maddy-enjamlaýyn binýady pugtalandyrylýar, bu ugurda düýpli özgertmeler durmuşa ornaşdyrylýar, okatmagyň öňdebaryjy usullary giňden peýdalanylýar. Munuň özi jemgyýetimizde kämil nesilleriň kemala gelýändigini beýan edýär. Ýurdumyzda ýaşlarymyzyň ukyp-başarnyklaryny ýüze çykarmaklary, hünär saýlamaklary, döwrebap bilim almaklary, dünýägaraýşyny giňeltmekleri üçin ähli şertler bar. Garaşsyz, hemişelik Bitarap Diýarymyzda türkmen ýaşlarynyň öz ýürek arzuwlaryna, köňül maksatlaryna ýetmegi üçin döredilen ähli amatlyklar ýaş nesilleri belent maksatlara ruhlandyrýar. Bu günki gün türkmenistanly okuwçylar we talyplar halkara ders, taslama we internet bäsleşiklerine-de işjeň gatnaşyp, ýokary netijeleri gazanmagyň hötdesinden gelýärler. Şeýle üstünlikler Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýaş nesliň bilim-terbiýe almagy üçin edýän bimöçber tagallalarynyň saýasynda amala aşyrylýan beýik işlerdir. Ýaş nesliň bilim öwrenmegine giň mümkinçilikleri döredýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag bolsun, beýik işleri üstünliklere beslensin! Merjen MÖWLAMOWA, Aşgabat şäherindäki 78-nji ýöriteleşdirilen orta mekdebiň müdiri
Bilim özgertmeleriniň rowaçlygy
Häzirki ajaýyp döwrümizde bilim özgertmeleriniň rowaçlanýandygy, ýaş nesilleriň bilim öwrenmeklerinde giň mümkinçilikleriň döredilýändigi köňülleri buýsandyrýar. Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallalary netijesinde ýurdumyzyň bilim ulgamy täze ösüşlere eýe bolýar, döwrebap bilim ojaklary gurlup ulanmaga berilýär. Ynha, 1-nji sentýabrda bellenilen Bilimler we talyp ýaşlar güni hem şanly we taryhy wakalara baý boldy. Bu taryhy wakalara şaýat bolmak, wasp etmek döredijilik işgärleri üçin uly bagtdyr. Bilimler we talyp ýaşlar güni açylan ajaýyp binalary gözümiz bilen görmek bagty täze döredijilige ruhlandyrýar. Elbetde, türkmen gudraty bilen bina bolan Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň, Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň täze binalar toplumynyň özboluşly ajaýyplygy, ähli şertleriň we mümkinçilikleriň döredilmegi bilen tapawutlanýar. Muny bu ajaýyp binalaryň özboluşly döwrebap binagärlik aýratynlygy hem subut edýär. Häzirki ajaýyp döwrümize gözellik çaýýan, ak şäherimize gözellik goşýan bu binalar barada ýakymly pikirler kalbyňa dolýar. Ýurdumyzyň ýüregi Aşgabat şäherinde Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň täze binalar toplumynyň açylmagy ýaşlaryň hünär taýýarlygyny has-da kämilleşdirmäge giň mümkinçilikleri döredýär. Bu institutyň ýörite hünärleri bilen gyzyklanyp görenimizde, binagärligiň, gurluşygyň döwrebap ugurlaryna ylmy esasda çemeleşilip, ýaş hünärmenler kämil bilimleri öwrenýärler. Gurluşyk we binagärlik häzirki döwrüň we geljegiň möhüm ugry bolup durýar. Ýaşlaryň şeýle ugry özleşdirmegi durmuş tejribede uly işleri amala aşyrmaga ýardam berer. Ýene bir aýratynlygy, şu hünärler boýunça hünärmenleriň taýýarlanmagynda çuňňur many bar. Sebäbi gurluşyk we binagärlik ugry ylmy esasda ösdürilýär, bu ugur boýunça ylmy garaýyşlar kemala gelýär. Şonuň netijesinde ylym-bilime esaslanýan işler täzeçe ýola goýulýar. Iň esasy bolsa, bu ugurlaryň işleri hem ylmy esasda kämilleşdirilýär. Ine, şunuň özi hem ýaşlaryň kämil hünärmen bolmaklary baradaky aladadyr. Bu bolsa, hormatly Prezidentimiziň ýaşlar baradaky baş aladalarynyň biridir. Çünki hormatly Prezidentimiz geljegimiz bolan ýaşlaryň kämil hünärli, giň dünýägaraýyşly hem-de ylymly-bilimli bolmagy barada ajaýyp mümkinçilikleri döredýär. Ynha, Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň, Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň täze binalar toplumynyň açylmagy hem şeýle beýik işleriň aýdyň netijesidir. Şu ýerde Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň täze binalar toplumy barada maglumatlary beýan etmek gerek. Çünki bu ajaýyp bilim ojagy ýaşlar üçin giň mümkinçilik bolup, ekologik taýdan kämil we innowasion binagärligiň sebitdäki deňi-taýy bolmadyk ajaýyp nusgasydyr. Şeýle hem bu ýokary okuw mekdebiniň maddy-enjamlaýyn binýady we ýokary hünär derejeli professor-mugallymlar düzümi bolup, talyp ýaşlara ýokary hilli we häzirki zaman bilimleri öwretmekde giň mümkinçiliklere eýedir. Bu maglumatlar, elbetde, bu institutyň iň döwrebap şertlerini, mümkinçiliklerini aýdyň beýan edýär. Şonuň üçin hem bu ýokary okuw mekdebinde okajak ýaşlar iň bir hünärli, giň dünýägaraýyşly, ylymly-bilimli ýaşlar bolup ýetişerler. Çünki döwrüň iň kämil enjamlary bilen üpjün edilen okuw otaglary, tejribehanalar ýaşlaryň ylym-bilime bolan höwesini, okamaga bolan ukyp-başarnyklaryny has-da artdyrar. Döwrüň kämil tehnologiýalaryndan, kompýuterlerinden baş çykaryp, döwür bilen aýakdaş gidýän ýaşlar ýurdumyzyň ösüşlerine öz goşantlaryny goşarlar. Pähimdar ata-babalarymyz ylym-bilimi ösdürmegiň, ýaş nesli terbiýelemegiň wajypdygy hakynda birnäçe parasatly sözleri, nakyllary döredipdirler. «Akyl — ylmyň hyrydary», «Ylym — akylyň ýarysy», «Ylym akyldan dem alar», «Bir — okana, bir — dokana», «Bilimli — uçar, bilimsiz — gaçar», «Bilim bilen hikmet — altyndan gymmat» ýaly nakyllar, parasatly sözler pederlerimiziň ylym-bilime uly hormat bilen garandygyny aňladýar. Bu dürdäne sözlere, parasatly nakyllara eýerip, häzirki ajaýyp döwrümiziň ýaşlary hem bilim almaga uly höwes bilen çemeleşýärler. Ylym-bilime bolan söýgi, öwrenmäge bolan hyjuw milli aýratynlyklarymyzyň biridir. Bu biziň ýaşlarymyzyň hem okamaga bolan höwesini, bilimli bolmak ukybyny üpjün edýär. Ynha, Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň talyplaryny göreniňde hem şeýle pikirler seriňe dolýar. Bilimler we talyp ýaşlar güni ajaýyp täzeliklere, açylyşlara, hoş habarlara beslendi. Munuň hakykatdan hem şeýledigini ýurdumyzyň dürli künjeginde gurlup ulanmaga berlen çagalar baglarynyň, orta mekdepleriň mysalynda hem görmek bolýar. Bu açylyş dabaralary hem örän täsirli, dabaraly boldy. Munuň özi ýurdumyzyň ylym-bilim kuwwatynyň has-da ösdürilýändigine şaýatlyk edýär. Bularyň ählisi Bilimler we talyp ýaşlar gününiň göwün galkyndyryjy wakalaryna öwrüldi. «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllygyna uly ruhubelentlik bilen barýandygymyzy hem bellemek gerek. Täze açylyp ulanmaga berlen bilim ojaklary hem şanly toýlarymyza ajaýyp sowgatdyr. Täze bilim ojaklary iň täze okuw-tehniki serişdeler, şol sanda kompýuter tehnologiýalary we multimedia enjamlary bilen enjamlaşdyrylandyr. Bu bilim ojaklarynda dersler boýunça synp otaglary, sport zaly, kitaphana ýerleşýär. Bulardan başga-da, mugallymlaryň okuw işiniň usulyýet binýadyny has-da kämilleşdirip, yhlasly zähmet çekmegi üçin ähli şert-mümkinçilikler göz öňünde tutulypdyr. Bu bolsa häzirki wagtda okatmagy has-da kämilleşdirmäge mümkinçilikleriň döredilýändigini beýan edýär. Şeýle hem okatmagyň usulyýetiniň barha kämilleşýändigini görkezýär. Çünki şeýle döwrebap binalar, bilim ojaklary bilim işgärlerini täze üstünliklere ruhlandyrýar. Bu gün bilim işgärleri döwrebap mekdeplerde döredijilikli zähmet çekýärler. Bagtyýar ýaş nesillerimiz ýokary derejede bilim öwrenip, ukyp-başarnyklaryny kämilleşdirmek, innowasion tehnologiýalardan we ylmyň gazananlaryndan peýdalanmak babatynda uly mümkinçiliklere eýe bolýarlar. Bilim arkaly röwşen geljegi nazarlaýan ýaş nesil özleri üçin döredilýän giň şertlere buýsanýar. Ylym-bilimi ösdürmekde beýik işleri durmuşa geçirýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun! Söhbet NURBERDIÝEW, «Mugallymlar gazeti».
Halk bähbitli işler
Garaşsyz Watanymyzyň şöhratly 35 ýylynyň içinde dost-doganlygyň, agzybirligiň, ynsanperwerligiň, asudalygyň mekany bolan berkarar döwletimizde bedew batly ösüşler giň gerimde ýaýbaňlanýar. Watanymyzyň ähli ulgamlarynda gazanylýan ykdysady ösüşler, durmuş ähmiýetli desgalaryň açylyp, halkyň hyzmatyna berilmegi, köpugurly saglygy goraýyş merkezleriniň, mekdepleriň, çagalar baglarynyň, sport toplumlarynyň, ulag infrastrukturalarynyň we geçelgeleriniň gurulmagy, halkymyzyň iş we ýaşaýyş şertleriniň ýokarlandyrylmagy munuň aýdyň subutnamasydyr. Ýurdumyzda ýetilen belent sepgitler, zähmet üstünlikleri mähriban halkymyzy täze ýeňişlere ruhlandyrýar. Bu bolsa biziň her birimize ýurdumyzyň pajarlap ösüşine mynasyp goşant goşmagymyza egsilmez güýç-kuwwat berýär. Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisinde milli ykdysadyýetiň ähli ugurlary bilen bir hatarda, ylym-bilim ulgamyny ösdürmek we kämilleşdirmek babatda hem möhüm teklipler beýan ediler. Ýaşuly nesliň agzybirligi, milli bitewüligi, ata Watana söýgini, halallygy ündeýjiler hökmündäki hyzmaty örän uludyr. Ýurdumyzda il-ýurt ähmiýetli wajyp meseleleriň geňeşçisi bolan ýaşuly nesil döwlet tarapyndan aýratyn alada, gyzgyn mähir bilen gurşalýar. Iri möçberli milli maksatnamalary durmuşa geçirmekde, ösüp gelýän ýaş nesli halkymyzyň mirasyna we ýörelgelerine hormat goýmak ruhunda terbiýelemekde, watançylyk, zähmetsöýerlik, mertlik häsiýetlerini kemala getirmekde asylly görelde görkezýän ata-enelerimiz ojaklarymyzyň gelşigidir. Şu günler ýerlerde hem-de pudaklaýyn dolandyryş edaralarynda Halk Maslahatynyň mejlisine ykjam taýýarlyk görmek boýunça maslahatdyr duşuşyklara giň gerim berlip, bu babatdaky işlere örän jogapkärçilikli çemeleşilýär. Biz — bilim işgärleri hem hormatly Prezidentimiziň daşyna berk jebisleşip, öňde goýlan möhüm wezipeleri abraý bilen ýerine ýetirmekde mynasyp goşandymyzy goşarys. Eziz Diýarymyzy gurmagyň we döretmegiň röwşen ýoly bilen ösüşleriň täze belentliklerine alyp barýan Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, il-ýurt bähbitli beýik işleri rowaçlyklara beslensin! Muhammetnur ATAÝEW, Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň mugallymy, Ýaş alymlar geňeşiniň başlygy.
Milli demokratiýanyň aýdyň ýoly
Ýurdumyzy ösdürjek möhüm çözgütleriň kabul edilýän Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisi raýat jemgyýetiniň ösdürilýändigine, syýasy, ykdysady we demokratik özgertmeleriň çuňlaşdyrylýandygyna, ata-babalarymyzyň müňýyllyklardan gelýän asylly ýörelgelerine döwlet derejesinde çäksiz hormat goýulýandygyna şaýatlyk edýär. Şöhratly taryhymyzyň sahypalaryna nazar aýlanyňda, merdana ata-babalarymyzyň hemişe möhüm işleriň başyny maslahat bilen tutandygynyň şaýady bolýarsyň. Tutumy uludan tutulan şol maslahatlarda il-ýurduň ykbalyny çözýän derwaýys meselelere seredilipdir, halkyň, ýurduň durmuşyna degişli düýpli çözgütler kabul edilipdir. Has dogrusy, halk bilen edilen maslahat geçmiş taryhymyzyň şaýatlyk edişi ýaly, jemgyýeti dolandyrmagyň, halk bähbitli, ýurt ähmiýetli ýüze çykýan derwaýys meseleleri çözmegiň has ähmiýetli guralyna öwrülipdir. «Maslahatly biçilen don gysga bolmaz», «Ýedi ölçäp, bir kes» diýen halk pähimlerine eýerilip, bu asylly däpler indi häzirki demokratik jemgyýetimiziň esasy mazmunyna öwrüldi. Garaşsyzlyk baýramynyň öňüsyrasynda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisiniň geçirilýändigi ata-babalarymyzyň müňýyllyklardan gözbaş alyp gaýdýan asylly däpleriniň döwrebap dowam etdirilýändigine aýdyň şaýatlyk edýär. Baş baýramyň — şanly Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk toýunyň öň ýanynda maslahat etmek bitewüligi maksat edinen mähriban halkymyzyň ata-baba öňden gelýän asylly däbidir, döwletli dessurydyr. Gadymdan gelýän bu asylly däp bu gün — Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe häzirki zaman türkmen jemgyýetiniň ruhy gymmatlygy bolup, döwrebap täze many-mazmuna eýedir. Ýokary derejede amala aşyrylýan beýik işlere göz aýlanyňda, ýetilen belent sepgitler we gazanylan ýokary üstünlikler barada buýsanç bilen bellemäge aýdara zatlaryň köpdügini aýratyn nygtamak gerek. Garaşsyz, hemişelik Bitarap döwletimizde Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallalary netijesinde asyrlara barabar beýik işleriň amala aşyrylýandygy buýsandyrýar. Ata Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň has-da berkemeginde we onuň ykdysady kuwwatynyň artmagynda, döwletimiziň özygtyýarly döwlet hökmünde dünýäniň senagat taýdan ösen ýurtlarynyň hataryna deňleşmeginde ägirt uly işleriň amala aşyrylandygy bu gün dünýä mälimdir. Beýik ösüşleriň we özgerişleriň ýyly bolan «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda eziz Diýarymyzyň ykdysady kuwwatyny mundan beýläk-de ýokarlandyrmak we onuň halkara derejesindäki at-abraýyny belende götermek wezipeleriniň hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda durmuşa geçirilýän döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolandygyny aýratyn bellemek zerurdyr. Döwletimiziň kuwwatyna kuwwat goşýan ykdysady ulgamy ösdürmekde hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallasy bilen ýurdumyzda köp sanly işler amala aşyrylýar. Mukaddes Garaşsyzlyk baýramynyň öňüsyrasynda — paýtagtymyzda 2026-njy ýylyň 23-nji sentýabrynda bolup geçjek Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisiniň hem Berkarar döwletimiziň ykdysadyýetini öňküden-de ösdürmekde, halkymyzyň hal-ýagdaýyny has-da gowulandyrmakda, ýurdumyzyň halk hojalygyny mundan beýläk-de ýokary depginler bilen ösdürmekde, ilatymyzyň durmuş taýdan goraglylygyny üpjün etmekde örän uly ähmiýeti bolar. Häzirki zaman türkmen jemgyýetinde uly orun alan Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisi ýokary derejede geçiriler. Goý, halkymyzy eşretli, bolelin durmuşda ýaşadýan, ýurdumyzy ösüşleriň ynamly ýoly bilen öňe alyp barýan Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag bolsun, beýik işleri hemişe rowaçlyklara beslensin! Kerwen GURBANOW, Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň mugallymy.
Asylly ýörelgeler – döwletliligiň kämil nusgasy
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda toýlarymyz toýlara ulaşyp, milli gymmatlyklarymyz dünýä ýaýylýar, asylly hem-de döwletlilik ýörelgelerimiz has-da rowaçlanýar. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde demokratik ýörelgeleriň, ynsanperwer häsiýete ýugrulan belent maksatlaryň rowaçlanmagy bolsa mähriban halkymyzy buýsandyrýar hem-de täze üstünliklere ruhlandyrýar. Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda Garaşsyz Watanymyzda bedew batly ösüşler, uly üstünlikler gazanylyp, paýhasly pederlerimiziň kämilleşdirip, ösdürip kemala getiren milli gymmatlyklary, asylly ýörelgeleri, däp-dessurlary dünýäde giňden dabaralanýar. Halkymyz ata Watanymyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly baýramyny ähli ugurlarda gazanýan ajaýyp üstünlikleri, täze, belent sepgitleri bilen mynasyp garşylaýar. Merdana halkymyzyň köpasyrlyk taryhyndan gözbaş alýan, pähimdar ata-babalarymyzyň geňeş etmek, maslahatlaşmak ýaly asylly däbine eýerilip geçiriljek Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisine eziz Diýarymyzyň ähli ýerlerinde ýokary derejede uly taýýarlyk işleri alnyp barylýar. Watanymyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk baýramçylygynyň öňüsyrasynda geçirilmegi meýilleşdirilýän Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisi halkymyzyň agzybirliginiň we jemgyýetimiziň jebisliginiň aýdyň beýanydyr. Türkmenistanyň syýasy-jemgyýetçilik durmuşynda möhüm waka bolan Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisi Gahryman Arkadagymyzyň,Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýurdumyzyň durnukly ösüşini hem-de jemgyýetiň bagtyýar geljegini üpjün etmäge gönükdirilen halk bähbitli beýik işlerini we oňyn başlangyçlaryny dabaralandyrmakda uly ähmiýete eýedir. Halk bilen maslahatlaşmak, geňeşmek asylly däplerimiziň, milli demokratik ýörelgelerimiziň düýp mazmunydyr. Bedew batly ösüşlere beslenýän şanly ýylymyzyň buýsançly şygary Garaşsyz döwletimiziň gazanýan beýik üstünlikleriniň aýdyň beýanydyr. Ýylyň şygary mukaddes Garaşsyzlygyň hem-de hemişelik Bitaraplygyň döwletimiziň ösüş ýolundaky esasy binýatdygyny, ýurdumyzyň bedew bady bilen öňe barýandygyny çuňňur many bilen giňişleýin beýan edýär. «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda ata Watanymyzda döwlet Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk şanly toýunyň dabaralary şu günler has-da ýokary ruhubelentlige beslenýär. Şeýle ajaýyp günlerde eziz Diýarymyzyň ähli künjeklerinde Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisine ýokary taýýarlykly barmak ugrunda degişli işler alnyp barylýar. Çünki Halk Maslahaty milli demokratiýanyň dabaralanmagynyň, halk bilen döwletiň jebisliginiň we ýurdumyzyň röwşen geljeginiň ygtybarly binýadydyr. Selbi AMANOWA, Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň kafedra müdiri
Bilimler we talyp ýaşlar güni mynasybetli dabaraly çäreler
1-nji sentýabrda ýurdumyzyň ähli bilim edaralarynda 2026-2027-nji täze okuw ýylynyň başlanýandygyny alamatlandyrýan ilkinji jaň kakyldy. Asylly däbe görä, täze okuw ýylynyň ilkinji güni Garaşsyzlyk binasyna we Berdimuhamet Annaýew adyndaky Arkadag şäher mugallymçylyk orta hünär okuw mekdebindäki, Gökdepe etrabynyň Yzgant şäherçesindäki 27-nji orta mekdepde ýerleşýän Berdimuhamet Annaýewiň ýadygärliklerine gül goýmak dabaralary bilen başlandy. Bilimler we talyp ýaşlar gününde ähli orta, ýörite orta hem-de ýokary hünär okuw mekdeplerinde dabaraly nyzamlar geçirilip, Döwlet senasy belentden ýaňlandy. Geçirilen dabaralarda hormatly Prezidentimiziň Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň mekdep okuwçylaryna, talyp ýaşlaryna, mugallymlaryna we bilim işgärlerine iberen Gutlagy okaldy. Gutlagda bellenilişi ýaly, bereketli güýz paslynyň ilkinji gününde eziz Diýarymyzyň ähli künjeginde bilim edaralarynyň gapylary giňden açylyp, jaň sesi belentden ýaňlanýar. Bu mukam täze okuw ýyly bilen birlikde, beýik geljegiň, uly üstünlikleriň, açyşlaryň ýaňydyr. Ylym we bilim kuwwatly döwletimiziň hem-de bagtyýar durmuşymyzyň berk binýadydyr. Hormatly Prezidentimiz mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllygynyň taryhy wakalar bilen şöhratlanýan «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda bilimler baýramçylygynyň baý many-mazmunly dabaralarynyň mekdep okuwçylaryna, talyp ýaşlara, mugallymlara hem-de ähli halkymyza ýatdan çykmajak ýakymly duýgulary paýlap, eziz Watanymyza söýgimizi has-da pugtalandyrjakdygyna ynam bildirdi. Ýurdumyzyň bilim ojaklarynda täze okuw ýylynyň ilkinji sapagy «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylyna, Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň şanly 35 ýyllyk baýramyna bagyşlandy. Häzirki wagtda ýaş nesliň döredijilik taýdan kämilleşmegi üçin giň mümkinçilikler döredilýär. Bu ugurda durmuşa geçirilýän işler, ilkinji nobatda, köpugurly bilim bermäge, ýaşlary watançylyk ruhunda terbiýelemek üçin zerur şertleri üpjün etmäge gönükdirilendir. Sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň, tebigy we takyk ylmy ugurlara degişli dersleri okatmagy kämilleşdirmegiň Konsepsiýalaryna laýyklykda, okuw-terbiýeçilik işleri yzygiderli ösdürilýär. Şu maksat bilen, tutuş ýurdumyzda her ýyl dünýä ölçeglerine laýyk gelýän umumybilim berýän mekdepler, mekdebe çenli çagalar edaralary gurlup ulanmaga berilýär. Täze okuw ýylynyň başlanmagy mynasybetli, asylly däbe görä, Diýarymyzda täze bilim edaralarynyň açylyş dabaralary boldy. Olara Mejlisiň deputatlary, welaýat, şäher we etrap halk maslahatlarynyň agzalary, ýerli ýerine ýetiriji häkimiýet edaralarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, hormatly ýaşulular, köp sanly ýaşaýjylar gatnaşdylar. Bilimler we talyp ýaşlar gününde Ahal, Daşoguz, Lebap welaýatlarynda täze, döwrebap orta mekdepleriň we çagalar baglarynyň açylyş dabaralary ýatdan çykmajak pursatlara beslendi. Gökdepe etrabynda bina edilen orta mekdep çagalaryň bilim almagy üçin döwrebap mümkinçilikleri özünde jemleýär. Mekdebiň okuw otaglary häzirki zaman multimedia enjamlary, kompýuter otaglary bilen üpjün edilendir. Döwrebap mekdepde okuwçylaryň ähli dersleri, şol sanda zähmet derslerini özleşdirmekleri babatda zerur şertler döredilipdir. Bu ýerde sportuň dürli görnüşleri bilen meşgullanmak üçin meýdançalaryň bolmagy ýaş nesliň diňe bir aň-bilim babatda däl, eýsem, beden taýdan kämil kemala gelmekleri babatda-da uly aladalaryň edilýändiginiň aýdyň görkezijisidir. Tejen etrabynda döwrebap çagalar bagynyň açylyş dabarasy Bilimler we talyp ýaşlar gününde etrabyň ýaşaýjylarynyň baýramçylyk ruhuny has-da belende göterdi. Çagalar bagynda körpe nesilleriň oýun arkaly başarnyklaryny kämilleşdirmekleri, terbiýelenmegi, dynç almaklary üçin ähli amatlyklar döredilipdir. Oýun meýdançalarynyň töwereginde bolsa dürli saýaly baglar oturdylypdyr. Daşoguz welaýatynyň Daşoguz şäherinde täze çagalar bagynyň açylyş dabarasy ýatdan çykmajak pursatlara beslendi. Dabara gatnaşyjylar döwrebap binada ýaş toparlarynyň aýratynlyklary nazara alnyp, çagalaryň sazlaşykly ösmegi, wagtyny şadyýan geçirmegi üçin döredilen şertler bilen ýakyndan tanyşdylar. Farap hem-de Çärjew etraplarynda 2 sany orta mekdebiň açylyş dabaralary ýurdumyzda giňden bellenilýän Bilimler we talyp ýaşlar gününde Lebap welaýatynyň ýaşaýjylary üçin ajaýyp sowgat boldy. Munuň özi hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda bilim ulgamyny has-da kämilleşdirmek, onuň maddy-enjamlaýyn binýadyny yzygiderli pugtalandyrmak boýunça alnyp barylýan giň möçberli işleriň üstünliklere beslenýändiginiň aýdyň netijesidir. Ýurdumyzda gurlup ulanmaga berilýän ähli bilim edaralarynda bolşy ýaly, bu mekdeplerde hem ýaş nesliň hemmetaraplaýyn bilim almagy we sport bilen meşgullanmaklary üçin zerur şertler döredilendir. Täze okuw ýylynyň başlanmagy mynasybetli guralan dabaraly çäreler türkmenistanlylaryň bilim almagy, hemmetaraplaýyn sazlaşykly ösmegi ugrunda döwletimiz tarapyndan edilýän aladalaryň güwäsidir. Täze orta mekdeplerde döwrebap mebeller, okuw enjamlary bilen üpjün edilen giň okuw otaglary mugallymlaryň we okuwçylaryň ygtyýaryna berildi. Okuw otaglarynda gurnalan interaktiw-multimedia enjamlary tebigy we takyk ugurly dersleri has çuňňur öwrenmäge ýardam eder. Mekdeplerde okuwçylaryň döredijilik ukyplaryny, zehinini açmak üçin hem ähli şertler göz öňünde tutuldy. Olarda aýdym-saz otaglary, sport, medeni çäreler üçin zallar, zähmet dersini özleşdirmek üçin otaglar, okuw gollanmalaryny, çeper eserleri özünde jemleýän kitaphanalar bar. Mekdebe çenli çagalar edaralarynyň döwrebap binalarynda körpeleriň sazlaşykly terbiýelenmegi, aň-paýhas taýdan hemmetaraplaýyn ösmegi, göwnejaý dynç almagy üçin ähli şertler döredilipdir. Dürli ýaşdaky toparlar üçin amatly, owadan mebelleri bolan oýun we ýatylýan otaglar, synp otaglary, şol sanda döwrebap ulgamlar üpjün edilen lingafon hem-de kompýuter otaglary göz öňünde tutulypdyr. Welaýatlaryň artistleriniň, döredijilik toparlarynyň aýdym-sazly çykyşlary açylyş dabaralarynyň baýramçylyk şowhunyny has-da artdyrdy. Welaýatlaryň ýaşaýjylary täze bilim edaralarynyň dabaraly ýagdaýda açylmagynyň Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň şanly 35 ýyllyk baýramynyň öňüsyrasynda ajaýyp sowgat bolandygyny nygtap, ýurdumyzyň gülläp ösmegi, halkymyzyň abadan durmuşda ýaşamagy ugrunda uly işleri durmuşa geçirýän Gahryman Arkadagymyza we hormatly Prezidentimize tüýs ýürekden çykýan hoşallyklaryny beýan etdiler. (TDH)
«Ilkinji jaň»: salam, mekdep!
Diýarymyzda täze okuw ýylyna guramaçylykly girişildi Altyn güýzüň ilkinji gününde ýurdumyzyň çar künjeginde ýaýbaňlandyrylan «Ilkinji jaň» dabaralary hemmeler, aýratyn-da, 1-nji synpa gadam goýan çagalar üçin tolgundyryjy boldy. Umumybilim, orta hünär we ýokary okuw mekdeplerini Bilimler we talyp ýaşlar gününiň toý ruhy gurşap aldy. 2026-2027-nji okuw ýylynyň başlanmagy mynasybetli täze bilim ojaklarynyň döwrebap binalarynyň açylyp ulanmaga berilmegi baýramçylygyň şatlyk-şowhunyny has-da artdyrdy. Joşgunly dabaralar Döwlet senamyzyň ýaňlanmagy bilen başlandy. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň täze okuw ýyly mynasybetli ýurdumyzyň mekdep okuwçylaryna, talyp ýaşlaryna, mugallymlaryna we ähli bilim işgärlerine iberen Gutlagy dabaralara gatnaşyjylaryň ruhuny has-da belende göterdi. Ilkinji okuw sapagynyň «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» mowzugynda geçirilmegi ýaş türkmenistanlylaryň beýik döwre buýsanjyny artdyrdy. AŞGABATDA Baş şäherimizde täze okuw ýylyna ýokary taýýarlykly hem-de ruhubelentlikde girişildi. Döwrebap umumybilim ojaklarynda güýzüň ilkinji säheri aýdym-sazlar, buýsançly gutlaglar bilen garşylanyldy. Paýtagtymyzyň ak mekdeplerinde şu okuw ýylynda 213 müň 361 okuwçy bilim alar. Olaryň arasynda 1-nji synpa kabul edilen 17 müň 145 okuwça Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň, Gahryman Arkadagymyzyň adyndan noutbuk kompýuterleriniň gowşurylmagy has-da ýatda galyjy boldy. Aşgabatda 2026-2027-nji okuw ýylynda bilim edaralarynyň 346-sy, şol sanda mekdebe çenli çagalar edaralarynyň 193-si, orta mekdepleriň 148-si, mekdepden daşary edaralaryň 5-si hereket eder. Ýöriteleşdirilen orta mekdepleriň 52-sinde daşary ýurt dilleri, tebigy, takyk, ynsanperwerlik, maglumat tehnologiýalary we programmirlemek, kiberhowpsuzlyk ugurlary çuňlaşdyrylyp öwrediler. Orta hünär we ýokary okuw mekdeplerini tamamlan uçurymlardan jemi müňe golaý ýaş mugallym bilim edaralarynda ilkinji zähmet ýoluna başlady. Toýly MUHAMMETDURDYÝEW.«Türkmenistan». ARKADAG ŞÄHERINDE «Akylly» şäherde günüň ilkinji wakalary Berdimuhamet Annaýew adyndaky Arkadag şäher mugallymçylyk orta hünär okuw mekdebinde ilhalar ynsan, ussat mugallym, edermen esger Berdimuhamet Annaýewiň heýkeline gül desselerini goýmak çäresi bilen başlandy. Mekdep okuwçylarynyň gatnaşmagynda geçirilen bu çäre mugallymçylyk kärine, bilim-terbiýe işine, halypa-şägirt ýörelgesine goýulýan hormatyň nyşanyna öwrüldi. Soňra Arkadag şäheriniň umumybilim berýän mekdeplerinde 2026-2027-nji okuw ýylynyň başlanmagy hem-de Bilimler we talyp ýaşlar güni mynasybetli «Ilkinji jaň» dabaralary geçirildi. Bilimler dünýäsine ilkinji gezek gadam basan 650-ä golaý 1-nji synp okuwçysyna hormatly Prezidentimiziň hem-de Milli Liderimiziň adyndan «Bilimli» atly noutbuklaryň gowşurylmagy olarda egsilmez şatlyk döretdi. Ilkinji okuw sapaklarynyň «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» şygary bilen geçilmegi ýaş nesliň Watana söýgüsini, bilim almaga höwesini has-da berkitdi. Maksatmyrat ÇARYÝEW.(Öz habarçymyz). AHALDA Gökdepe etrabynyň Yzgant şäherçesinde ýerleşýän Berdimuhamet Annaýew adyndaky ýöriteleşdirilen 27-nji orta mekdepde welaýatyň dürli ýerinden gelen okuwçylar hem-de bilim işgärleri, ilki bilen, Milli Liderimiziň atasy, hormatly Prezidentimiziň garry atasy Berdimuhamet Annaýewiň nurana ýadygärligine ter gül desselerini goýdular. Bilim ojagyndaky muzeý bilen tanyşlyk hem olarda ýakymly täsirleri döretdi. Täze, 2026-2027-nji okuw ýylynyň başlanýandygyny alamatlandyrýan dabaralar welaýatdaky umumybilim berýän mekdepleriň 243-sinde hem şatlyk-şowhuna beslendi. Welaýat boýunça şu ýyl ilkinji gezek ak mekdepleriň bosagasyndan ätlän 6 ýaşly çagalaryň 18 müňe golaýyna «Bilimli» atly noutbuk kompýuterleriniň gowşurylmagy olaryň şatlygyny artdyrdy. Welaýatyň bilim-terbiýeçilik edaralarynda işe başlan 900-den gowrak ýaş hünärmeniň durmuşynda-da şanly sene aýratyn ähmiýete eýe boldy. Gökdepe etrabynyň T.Baýramdurdyýew geňeşliginiň Gökdepe obasynda 2 gatly, 960 orunlyk orta mekdebiň açylyp ulanmaga berilmegi bilimler baýramçylygyna özboluşly sowgat boldy. Onuň gurluşyk işleri «Şadyýan gurluşyk» hojalyk jemgyýetiniň gurluşykçylary tarapyndan ýerine ýetirildi. Tejen etrabynyň Garaşsyzlyk geňeşliginde «Hyrydar» hususy kärhanasy tarapyndan gurluşygy alnyp barlan 320 orunlyk täze çagalar bagy-da körpe nesle gapylaryny giňden açdy. Aýdo ŞEKEROW.(Öz habarçymyz). BALKANDA Täze okuw ýylynda Hazarýaka sebitiň ak mekdeplerinde 9 müňden gowrak çaga birinji synpa gadam goýdy. Olaryň her biri özlerine gowşurylan «Bilimli» atly noutbugy hormatly Prezidentimiziň, Milli Liderimiziň baýramçylyk sowgady hökmünde kabul etdiler. Şu okuw ýylynda Balkanda 165 sany umumybilim edarasynda 7 müňden gowrak mugallym 130 müňden gowrak çaga bilim-terbiýe berer. Bilim işgärleriniň 500-den gowragy ilkinji gezek zähmet ýoluna başlan ýaş mugallymlardyr. 173 sany mekdebe çenli çagalar edarasynda 1 müň 628 terbiýeçi 22 müň 717 çaga terbiýe berer. 3 sany mekdepden daşary edara, 11 sany çagalar we ýetginjekler döredijilik öýi hereket eder. Çagalar we ýetginjekler döredijilik öýlerinde 405 topar, 107 gurnak ýolbaşçysy işlär. Şeýle-de olarda 5 müňden gowrak çaga 37 ugur boýunça hünär öwrener. Arazguly HUDAÝGULYÝEW.(Öz habarçymyz). DAŞOGUZDA Bilimler baýramçylygynyň şanyna Daşoguz şäheriniň gözel künjegindäki welaýat kitaphanasynyň dabaralar meýdançasy toý lybasyna beslendi. Bu ýerdäki baýramçylyk çäresinde ylym-bilim ulgamynda amala aşyrylýan düýpli özgertmeleri wasp edýän buýsançly çykyşlara orun berildi. Welaýat merkeziniň «Gülüstan» şäherçesinde 240 orunlyk döwrebap çagalar bagynyň açylyş dabarasy ýatda galyjy, täsirli wakalara baý boldy. «Mäkäm» hususy kärhanasynyň işçi-hünärmenleri tarapyndan gurlan, iki gatdan ybarat täze binanyň lingafon otaglarynda körpelere döwrebap terbiýe bermek, mekdebe taýýarlaýyş toparlarynda ilkinji bilim esaslaryny öwretmek üçin zerur kompýuter enjamlary, multimedia tagtalary ornaşdyryldy. Desganyň giň howlusynda ýörite bassyrmalar, açyk asmanyň astyndaky howuz göz öňünde tutuldy. Bu ýerde 1,5-den 6 ýaşa çenli bolan çagalaryň 12 topary hereket eder. Demirgazyk sebitde 532 sany orta mekdebiň gapysyndan alty ýaşly çagalaryň 27 müňe golaýy gadam goýdy. «Bilimli» atly öwrediji noutbuklar körpeleri bilimler dünýäsinde täze belentliklere alyp gider. Olaryň gunduz ýaly arassa okuw otaglarynda ilkinji sapaklar täsirliligi bilen tapawutlandy. Amanmyrat SAPAROW.(Öz habarçymyz). LEBAPDA 2026-2027-nji okuw ýylynda welaýat boýunça körpeleriň 20 müň 674-si 1-nji synpa okuwa bardy. Olaryň ählisine hormatly Prezidentimiziň, Gahryman Arkadagymyzyň adyndan «Bilimli» atly noutbuklar gowşuryldy. Çärjew etrabynyň Hojaili geňeşliginiň Duruýap obasynda açylyp ulanmaga berlen 28-nji orta mekdebiň täze binasy birbada 400 okuwça bilim bermäge niýetlenendir. «Astana gurluşyk» hojalyk jemgyýeti tarapyndan bina edilen döwrebap bilim ojagy 3,5 gektar meýdany eýeleýär. Mekdepde 34 sany synp otagy bilen birlikde, dürli maksatly goşmaça otaglaryň 12-si, kompýuter we lingafon otaglarynyň her haýsyndan ikisi bar. Täze okuw ýylynda bu mekdebiň bosagasyndan körpeleriň 48-si ilkinji gezek bilimler dünýäsine gadam goýdy. Bilim ojagynda 33 mugallym ýaş nesle bilim-terbiýe berýär. Farap etrabynyň Garamyş geňeşliginiň Bozaryk obasyndaky 24-nji orta mekdebiň täze binasy-da 600 orunlyk bolup, 3 gektar meýdany eýeleýär. «Bäş nur» hojalyk jemgyýetiniň gurluşykçylary tarapyndan gurlan bilim ojagynda 44 sany synp, dört lingafon we iki kompýuter otagy bar. Lingafon otaglarynyň ikisiniň iňlis, ikisiniň bolsa rus dilini çuňňur öwrenmäge niýetlenmegi daşary ýurt dillerini özleşdirmek üçin oňaýly şert döredýär. Täze okuw ýylynda mekdebiň 1-nji synpyna 25 körpe kabul edildi. Bu ýerde 34 mugallym zähmet çekýär. Agageldi ITALMAZOW.(Öz habarçymyz). MARYDA Gadymy Mary topragynda täze — 2026-2027-nji okuw ýylynyň başlanmagy mynasybetli dabaralar Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe amala aşyrylýan bilim özgertmelerini şöhlelendirdi. Welaýatyň çägindäki umumybilim, orta hünär, ýokary okuw mekdepleriniň ählisinde baýramçylyk joşguny möwç urdy. Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynda, welaýatyň beýleki bilim ojaklarynda we 400-den gowrak umumybilim berýän orta mekdebinde täze okuw ýylynyň başlanmagyna bagyşlanan baýramçylyk dabaralary şatlyk-şowhuna beslendi. Aýdym-sazly, tansly çykyşlar aýratyn täsirli boldy. Ak mekdeplere birinji synpa kabul edilen bagtyýar körpeleriň 27 müň 605-sine döwlet Baştutanymyzyň, Gahryman Arkadagymyzyň adyndan öz ýurdumyzda öndürilen täze, döwrebap «Bilimli» atly noutbuk kompýuterleriniň sowgat berilmegi olaryň baýramçylyk şatlygyna şatlyk goşdy. Welmuhammet GALANDAROW.(Öz habarçymyz). Surata düşürenler Begençmyrat ATAÝEW, Merdan ORAZOW, Şamyrat AMADOW.
Ýurdumyzyň ylym-bilim binýady pugtalandyrylýar
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow ýokary okuw mekdepleriniň täze binalar toplumlarynyň açylyş dabaralaryna gatnaşdy Aşgabat, 1-nji sentýabr (TDH). Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň hem-de Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň täze binalar toplumlary açylyp ulanmaga berildi. Ýurdumyzda giňden bellenilýän Bilimler we talyp ýaşlar gününe gabat gelen bu şanly wakalar milli bilim ulgamyny dünýäniň öňdebaryjy tejribesine laýyklykda ösdürmek, onuň maddy-enjamlaýyn binýadyny berkitmek ugrunda giň gerimli işleriň üstünlikli durmuşa geçirilýändiginiň nobatdaky beýany boldy. Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň ýurdumyzda ylym-bilim ulgamyny kämilleşdirmek boýunça başlangyçlary häzirki wagtda hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda mynasyp dowam etdirilýär. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe milli tejribeleriň dünýäniň öňdebaryjy gazananlary bilen utgaşdyrylmagy esasynda bilim ulgamyny mundan beýläk-de ösdürmek boýunça döwlet maksatnamalary üstünlikli amala aşyrylýar. Munuň özi bilim ulgamyny halkara derejede kämilleşdirmäge, öňdebaryjy tejribäni ornaşdyrmaga, ösüp gelýän ýaş nesli milli hem-de umumadamzat gymmatlyklary esasynda terbiýelemäge, olara döwrebap bilim bermäge itergi berýär. Bilimli ýaşlary terbiýeläp ýetişdirmek ýurdumyzyň yzygiderli ösüşlerini, halkymyzyň bagtyýar geljegini kesgitleýän möhüm şertleriň biridir. Türkmenistanda ýaşlary hemmetaraplaýyn goldamak, olaryň mümkinçiliklerini ösdürmek, bu ulgamda kanunçylyk binýadyny kämilleşdirmek boýunça çäreler amala aşyrylýar. Şunuň bilen baglylykda, ýokary bilim ulgamynyň kämilleşdirilmegine aýratyn ähmiýet berilýär. Munuň özi milli ykdysadyýetimiziň dürli pudaklary üçin ýokary bilimli hünärmenleriň kemala getirilmegine gönükdirilendir. Häzirki wagtda Diýarymyzyň ýokary okuw mekdepleri diňe bir döwrebap bilimli, giň dünýägaraýyşly ýaşlary we hünärmenleri taýýarlamak üçin talabalaýyk enjamlaşdyrylan okuw merkezleri bolmak bilen çäklenmän, olar jemgyýetimiziň aň-bilim, medeni-ruhy ösüşiniň, Watanymyzyň durmuş-ykdysady abadançylygynyň hem ygtybarly binýady bolup durýar. ...Ir bilen hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň täze binalar toplumynyň öňündäki meýdança geldi. Hemmeler döwlet Baştutanymyzy uly ruhubelentlik bilen garşyladylar. Bu ýerde talyp ýaşlaryň aýdym-sazly çykyşlary ýaýbaňlandyryldy. Soňra Arkadagly Gahryman Serdarymyz ýörite taýýarlanylan münbere barýar. Hormatly Prezidentimiz hemmeleri mähirli mübärekläp, Berkarar Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk baýramynyň toýlanýan ýylynda ýurdumyzyň her bir gününiň täze taryhy wakalara beslenýändigini, şu günem Bilimler we talyp ýaşlar gününde Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň hem-de Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň binalar toplumlarynyň dabaraly ýagdaýda açylyp ulanmaga berilýändigini aýtdy we dabara gatnaşyjylary, mähriban halkymyzy Bilimler we talyp ýaşlar güni, döwrebap bilim ojaklarynyň açylyp ulanmaga berilmegi bilen tüýs ýürekden gutlady. Bellenilişi ýaly, ylym we bilim ulgamyny toplumlaýyn ösdürmek, ony hil taýdan täze derejä çykarmak biziň durmuşa geçirýän döwlet syýasatymyzyň esasy ugurlarynyň biri bolup durýar. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň bilim ulgamyny mundan beýläk-de ösdürmek, onuň maddy-enjamlaýyn binýadyny berkitmek boýunça maksatnamalaýyn işler amala aşyrylýar. Garaşsyz ýurdumyzda ylmyň iň soňky gazananlaryny bilim ulgamyna ornaşdyrmaga, ýokary bilimli hünärmenleri taýýarlamaga, bu ugurda halkara hyzmatdaşlygy ösdürmäge möhüm ähmiýet berilýär. “Ýurdumyzda döwrebap bilim edaralarynyň binalaryny gurmak boýunça hem netijeli işler alnyp barylýar. Şu gün paýtagtymyz Aşgabat şäherinde, Lebap welaýatynyň Türkmenabat şäherinde institutlaryň täze binalar toplumynyň açylyp ulanmaga berilmegi Diýarymyzda bilim özgertmeleriniň giňden rowaçlanýandygyny görkezýär” diýip, döwlet Baştutanymyz sözüni dowam etdi. Şu gün ýurdumyzyň dürli künjeklerinde häzirki zaman orta mekdepleriniň we çagalar baglarynyň birnäçesi açylyp ulanmaga berilýär. Bilimler dünýäsine ilkinji gezek gadam basýan körpelerimize bolsa ýadygärlik sowgat — «Bilimli» atly kompýuterler gowşurylýar. Bularyň ählisi bilim ulgamyny ösdürmek boýunça alnyp barylýan işleriň üstünlikli durmuşa geçirilýändiginiň aýdyň mysalydyr. Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzyň gurluşyk we senagat toplumy üçin ýokary bilimli hünärmenleri taýýarlamakda Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutyna uly ornuň degişlidigini belläp, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy tarapyndan bina edilen 5 müň orunlyk Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň täze binalar toplumynyň häzirki zamanyň ösen talaplaryna doly laýyk gelýändigini aýtdy. “Bu bilim ojagy 13 gatdan ybarat bolan baş binany, 8 fakulteti we 28 sany kafedrany, kitaphanany, mejlisler zalyny özünde jemleýär. Institutyň okuw binalary döwrebap enjamlar bilen üpjün edilip, onda professor-mugallymlaryň netijeli işlemegi, talyp ýaşlaryň bilim almagy üçin ähli şertler döredilendir. Şeýle hem häzirki zaman bilim şäherçesinde talyplar üçin 2 müň 600 orunlyk umumy ýaşaýyş jaýy, mugallymlar üçin 2 sany, her biri 40 öýli ýaşaýyş jaýy göz öňünde tutuldy” diýip, Arkadagly Gahryman Serdarymyz nygtady hem-de bu döwrebap bilim ojagynda ýokary derejeli binagärleriň, gurluşykçy inženerleriň, senagatçylaryň kemala geljekdigine berk ynam bildirdi. Bellenilişi ýaly, şu gün açylyp ulanmaga berilýän bilim ojaklarynyň ýene-de biri Lebap welaýatynyň Türkmenabat şäherindäki Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň binalar toplumydyr. 5 müň orunlyk bu döwrebap bilim toplumy Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy tarapyndan bina edildi. Bu bilim ojagy 5 gatdan ybarat bolan baş binany, 8 fakulteti we 22 sany kafedrany, mejlisler zalyny, kitaphana binasyny özünde jemleýär. Täze institutyň binalary häzirki zaman enjamlary bilen üpjün edildi. Ol ýerde professor-mugallymlaryň bilim işini has-da döwrebap guramagy, talyp ýaşlarymyzyň ýokary hilli bilim almagy üçin ähli amatly şertler döredildi. Bu ýerde talyplar üçin 2 müň orunlyk umumy ýaşaýyş jaýy göz öňünde tutuldy. Şeýle-de sport bilen meşgullanmak we medeni çäreleri geçirmek üçin ähli şertler döredildi. Meşhur türkmen şahyry Seýitnazar Seýdiniň adyny buýsanç bilen göterýän bilim ojagynyň täze binalar toplumy geljekde hem kämil mugallymlaryň, bilim işgärleriniň täze neslini kemala getirmäge hyzmat eder. “Häzirki döwürde watansöýüji, ruhubelent ýaşlarymyz kemala gelýär. Bu ýaşlar mähriban halkymyzyň, eziz Watanymyzyň beýik geljegidir” diýip, döwlet Baştutanymyz nygtady hem-de ýaşlarymyzyň okamak, öwrenmek we yhlasly zähmet çekmek bilen, eziz Diýarymyzyň şan-şöhratyny has-da belende göterjekdiklerine ynam bildirdi. Hormatly Prezidentimiz hemmeleri «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda bellenýän Bilimler we talyp ýaşlar güni bilen, Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň, Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň binalar toplumlarynyň açylmagy bilen ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlap, berk jan saglyk, bagtyýar durmuş, işlerinde we okuwlarynda uly üstünlikleri arzuw etdi. Döwlet Baştutanymyzyň çykyşy ýörite gurnalan monitorda sanly ulgam arkaly Lebap welaýatynyň Türkmenabat şäherindäki Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň täze binalar toplumynyň açylyş dabarasyna gatnaşyjylara hem görkezildi. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň çykyşy uly ruhubelentlik bilen diňlenildi. Soňra Türkmenistanyň at gazanan arhitektory hormatly Prezidentimiz dabaraly ýagdaýda Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň täze binalar toplumynyň açylyş toý bagyny kesdi. Şol pursatda dürli reňkdäki şarlar asmana uçuryldy. Soňra döwlet Baştutanymyz institutyň täze binalar toplumynda döredilen şertler bilen tanyşdy. Institutyň eýwanynda ýörite gurnalan monitoryň üsti bilen täze binalar toplumy barada maglumat berildi. Institutyň umumy meýdany 32,2 gektara barabar bolup, döwrebaplygyň we milli äheňleriň sazlaşygyny özünde jemleýär. Bu ýokary okuw mekdebiniň dolandyryş bölümleri üçin niýetlenen baş binasynyň depesinde binagärlik hem-de inženerçilik senediniň baş nyşany bolan sirkulyň we ölçeg guralynyň şekili ýerleşdirilipdir. Munuň özi hormatly Prezidentimiziň başda durmagynda üstünlikli durmuşa geçirilýän şähergurluşyk maksatnamasynyň çäklerinde paýtagtymyzyň binagärlik keşbi bilen döwrebap sazlaşygy emele getirýär. Täze binalar toplumynda institutyň professor-mugallymlarynyň okuw işini has-da döwrebap alyp barmaklary, talyplaryň bolsa dünýä standartlaryna laýyklykda ýokary hilli bilim almagy, hünär öwrenmegi üçin ähli amatly şertler döredilipdir. Talyplar ýurdumyzda ýaşlaryň döwrebap bilim almagy, ýokary derejeli hünärmenler bolup ýetişmekleri üçin döredilýän mümkinçilikler, şeýle hem Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň täze binalar toplumynyň gurlup ulanmaga berlendigi üçin hormatly Prezidentimize, Gahryman Arkadagymyza tüýs ýürekden hoşallyklaryny beýan etdiler. Bu ýerde hormatly Prezidentimiz aýdym-sazly çykyşlara tomaşa etdi. Soňra döwlet Baştutanymyz institutyň mejlisler zalyna bardy we bu ýerde sanly ulgam arkaly Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň täze binalar toplumynyň açylyş dabarasyna gatnaşdy. Sanly ulgam arkaly göni ýaýlymda Hormatly il ýaşulusy E.Talipow Arkadagly Gahryman Serdarymyzdan institutyň täze binalar toplumynyň açylyş dabarasyna ak pata bermegini haýyş etdi. Döwlet Baştutanymyz institutyň täze binalar toplumynyň açylyş dabarasyna ak pata berdi. Dabara gatnaşýan hormatly ýaşulular toý bagyny kesdiler. Soňra Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynda döredilen şertler bilen tanyşdyrýan wideoşekiller görkezildi. Täze binalar toplumynyň meýdany 26 gektara golaý bolup, bu ýerde talyp ýaşlar, professor-mugallymlar, hünärmenler üçin zerur bolan ähli amatlyklar göz öňünde tutulypdyr. Institutyň täze binalar toplumy baş binany, mejlisler zalyny, okuw binalaryny, müň orunlyk naharhanany, kitaphanany, ähli amatlyklary bolan 2 müň orunlyk 6 sany umumy ýaşaýyş jaýyny, sport meýdançalaryny hem-de beýleki tehniki desgalary öz içine alýar. Bilim ojagynyň täze binalar toplumynyň okuw otaglaryna kämil sanly tehnologiýalar ornaşdyrylypdyr. Okuw binalarynda talyplaryň ylmy-barlag işlerini alyp barmaklary üçin onlarça tejribehana otagy hereket edýär. Olar himiýa, biologiýa, fizika, zähmet we tehnologiýalaryň esaslary, defektologiýa ýaly beýleki ugurlara degişli tejribehanalar bolup, döwrebap tehnologiýalar bilen üpjün edilendir. Bu ýerde taryh, arheologiýa we etnografiýa, ösümlik, haýwanat dünýäsi muzeýleri hereket edýär. Muzeýlerde ýurdumyzyň baý medeni mirasy, taryhy-medeni ýadygärlikleri, ösümlik we haýwanat dünýäsi, sanly bilim ulgamy, ýokary okuw mekdebiniň taryhy barada maglumat berýän eksponatlar ýerleşdirilipdir. Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň täze binalar toplumynda 1 milliona çenli kitaby saklamaga niýetlenen döwrebap kitaphana binasy bolup, ol 700 orunlyk okalga zalyndan, 100 orunlyk elektron kitaphanadan ybarat. Institutyň kitaphanasynda okuw kitaplarynyň, ylmy, ylmy-köpçülikleýin we çeper edebiýatlaryň baý gorunyň, täze okuw neşirleriniň, olaryň elektron göterijilerdäki nusgalarynyň bolmagy talyplaryň ähli zerur okuw-usuly, ylmy maglumatlar bilen üpjün edilmeginde hem-de berilýän bilimiň has içgin özleşdirilmeginde möhüm ähmiýete eýedir. Institutyň täze binalar toplumyndaky sport binasy, sport meýdançalary dünýä standartyna laýyk gelmek bilen, bu ýerde futbol meýdançasy, woleýbol, basketbol üçin ýörite sport zallary hem-de beýleki sport desgalary ýerleşýär. Soňra Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň täze binalar toplumyna halkara güwänamalary gowşurmak dabarasy boldy. lki bilen, «Cert International» halkara guramasynyň wekili Marat Habibuline söz berildi. Ol hormatly Prezidentimizi we dabara gatnaşyjylary mübärekläp, Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň täze binalar toplumynyň açylyş dabarasyna gatnaşmagynyň özi üçin uly hormatdygyny aýtdy we «Cert International» guramasynyň adyndan instituta ISO-nyň 5 sany halkara standartyna laýyklyk güwänamalaryň gowşurylýandygyny aýtdy. Munuň özi institutyň ýokary derejesini tassyklap, täze binalar toplumy bilim, ylym, sanly tehnologiýalar, halkara hyzmatdaşlyk üçin giň mümkinçilikleri açýar. Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk instituty Türkmenistanda we GDA ýurtlarynda bir wagtda şu bäş halkara standart boýunça sertifikatlaşdyrylan ilkinji ýokary okuw mekdebidir. Soňra M.Habibulin döwrebap bilim ojagynyň täze binalar toplumynyň hil dolandyryş ulgamyna degişli ISO 9001:2015 halkara standartyna; daşky gurşawy dolandyrmak ulgamyna degişli ISO 14001:2015 halkara standartyna; zähmet howpsuzlygy we saglygy goramak dolandyryş ulgamyna degişli ISO 45001:2018 halkara standartyna; bilim guramalary üçin dolandyryş ulgamyna degişli ISO 21001:2018 halkara standartyna; maglumat howpsuzlygyny dolandyrmak ulgamyna degişli ISO 27001:2022 halkara standartyna laýyk gelýändigini tassyklaýan halkara güwänamalary gowşurdy. Soňra Birleşen Milletler Guramasynyň Ösüş maksatnamasynyň Türkmenistandaky hemişelik wekili Narine Saakýana söz berildi. Ol hemmeleri bu şanly waka bilen gutlap, BMG-niň Ösüş maksatnamasynyň Türkmenistanyň köpýyllyk ygtybarly hyzmatdaşydygyny aýtdy. Bellenilişi ýaly, Ösüş maksatnamasynyň hünärmenleri institutyň alymlary we hünärmenleri bilen ýakyn hyzmatdaşlyk edip, innowasion hem-de ekologik taýdan netijeli tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagyna ýardam berdiler. Institutyň täze binalar toplumyna döwrebap ekologik standartlara hem-de durnukly ösüş ýörelgelerine laýyk gelýändigini tassyklaýan abraýly halkara güwänamalaryň gowşurylmagy munuň aýdyň mysalydyr. Bu toplum diňe bir döwrebap okuw meýdançasy bolmak bilen çäklenmän, eýsem, geljekki binagärleri, inženerleri we gurluşykçylary taýýarlaýan ylmy-tejribe binýadydyr. Hanym Narine Saakýan pursatdan peýdalanyp, durnukly ösüş ýörelgelerine ygrarlylygy, Birleşen Milletler Guramasy bilen netijeli hyzmatdaşlygy üçin Türkmenistanyň Hökümetine hoşallygyny beýan etdi hem-de energiýa netijeliligi boýunça “ýaşyl” güwänamany; suw tygşytlaýjy tehnologiýalar boýunça “ýaşyl” güwänamany; talyp ýaşlary durnukly energetikany ösdürmäge çekmek boýunça “ýaşyl” güwänamany; suw serişdelerini tygşytlamak we dolandyrmak boýunça güwänamany; energiýa netijeliligi we monitoring boýunça güwänamany; şeýle hem bilim we hünär başarnyklaryny artdyrmak boýunça güwänamany gowşurdy. Soňra «Pearson VUE» kompaniýasynyň «Certiport» bölüminiň dolandyryjy direktory Kenworti Taý Jozefe söz berildi. Ol bu dabara gatnaşmagyň özi üçin uly hormatdygyny belläp, wekilçilik edýän düzüminiň adyndan döwrebap bilimi, sanly tehnologiýalary hem-de halkara hyzmatdaşlygy ösdürmäge berýän uly ünsi üçin hormatly Prezidentimize hoşallygyny beýan etdi. “Şu gün biz Türkmenistanda bilim mümkinçiliklerini giňeltmekde möhüm ädimiň şaýady bolýarys. Ýokary okuw mekdebine «Certiport» tarapyndan ygtyýarlandyrylan halkara synag merkeziniň derejesi berilýär. Bu bolsa instituta «Certiport» halkara güwänamasyna laýyklykda synaglary geçirmäge we talyplardyr hünärmenlere öz hünär hem-de sanly başarnyklaryny halkara ykrar edilen standartlar boýunça tassyklamaga mümkinçilik döreder” diýip, myhman belledi hem-de institutda «Certiport» tarapyndan ygtyýarlandyrylan halkara synag merkeziniň (Certiport Authorized Testing Center) döredilendigi baradaky güwänamany gowşurdy. Halkara güwänamalary gowşurmak dabarasy tamamlanandan soňra, hormatly Prezidentimiz institutyň okuw binasynyň ýokary hilli, döwrebap enjamlar bilen üpjün edilen okuw otaglary bilen tanyşdy. Döwlet Baştutanymyz, ilki bilen, binagärlik we seýsmika durnukly gurluşyk-barlag tejribehanasyna geldi. Bu ýerde institutyň mugallymy hem-de talyplary hormatly Prezidentimizi döwrebap enjamlar bilen tanyşdyrdylar. Bellenilişi ýaly, tejribehanada Italiýanyň «Moho», «Sara Electronic Instruments» kompaniýalarynyň ýertitremeler we seýsmiki gözlegler üçin enjamlary, Şweýsariýanyň «Leica» kompaniýasynyň ýokary takyklykdaky geodezik ölçegleri geçirmek üçin enjamlary, Türkiýäniň «UTEST» kompaniýasynyň gurluşyk serişdeleriniň, boýaglaryň, betonlaryň galyňlygyny ölçemek üçin niýetlenen enjamlary ýerleşdirilipdir. Bu ýerde döwlet Baştutanymyz «Motion Systems PS-6TM-550» enjamynyň aýratynlyklary bilen tanyşdyryldy. Nygtalyşy ýaly, bu enjam binagärlik, gurluşyk inženerçiligi, seýsmiki barlaglar üçin niýetlenen ýokary takyklykly döwrebap synag meýdançasydyr. Ol tejribehanalarda hakyky ýertitremeleriň yrgyldylarynyň täsirini döretmekde, binalaryň durnuklylygyny barlamakda ulanylýar. Enjamyň üstünde iki sany dürli gurluşyk usuly we binagärligi taýdan tapawutlanýan jaýyň kiçeldilen nusgalary ýerleşdirilip, hakyky ýertitremeleriň yrgyldylary emeli usulda döredilip, olaryň durnuklylygy synagdan geçirilýär. Synag pursadynda jaýlaryň göteriji sütünlerindäki ýörite duýujy gurallar arkaly alynýan yrgyldy hem-de beýleki maglumatlar sanly ulgama geçirilýär we ýörite programma üpjünçiligi arkaly 3D görnüşde göni ekrana çykarylýar. Netijede, ýertitremeleriň täsirleri tejribäniň üsti bilen anyklanylýar. Soňra Arkadagly Gahryman Serdarymyz tejribehanada ornaşdyrylan «Sara Electronic Instruments» kompaniýasynyň önümi bilen tanyşdy. Bellenilişi ýaly, bu enjamlar toplumy ýertitremeleri hasaba almak, möhüm desgalaryň yrgyldy ýagdaýyny uzak möhletleýin gözegçilikde saklamak, seýsmiki monitoringi alyp barmak üçin niýetlenendir. Bu toplumyň ýokary duýgur sensorlary ýeriň, desgalaryň has ujypsyz yrgyldylaryny hem ýazga alyp, olary sanly görnüşde seljermäge mümkinçilik berýär. Şeýlelikde, bu enjam binalaryň, köprüleriň, önümçilik desgalarynyň, beýleki wajyp gurluşlaryň ýagdaýyny yzygiderli gözegçilikde saklaýar. Institutyň mugallymy we talyplary Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň täze binalar toplumyny gurduryp berendigi üçin Arkadagly Gahryman Serdarymyza tüýs ýürekden hoşallyklaryny beýan etdiler. Soňra hormatly Prezidentimiz talyplary institutyň täze binalar toplumynyň açylmagy bilen gutlady hem-de elektromehanika tejribehanasyna bardy. Bu ýerde talyplar maşyn gurluşygy, elektroenergetika, önümçiligi awtomatlaşdyrmak ýaly ugurlar boýunça tejribe işlerini alyp bararlar. Tejribehanada ýerleşdirilen döwrebap enjamlar arkaly elektrik ulgamlaryň, hereketlendirijileriň, dolandyryş enjamlarynyň işleýşi öwrenilýär, dürli synaglar geçirilýär. Bu ýerde Kanadanyň «CM LABS» kompaniýasynyň agyr tehnikalary, gurluşyk mehanizmlerini dolandyrmagy öwretmek üçin niýetlenen döwrebap interaktiw okuw türgenleşik enjamy ornaşdyrylypdyr. Bu enjamda 10-a golaý dürli gurluşyk tehnikasynyň işleýiş maksatnamalary ýerleşdirilýär. Enjam agyr gurluşyk tehnikalaryny ýa-da ulaglary sanly gurşawda howpsuz dolandyrmagy öwretmekde ulanylýar. Bu türgenleşik enjamyň kömegi bilen talyplar gurluşykda ulanylýan tehnikalaryň dolandyryş panellerini dogry we takyk peýdalanmagy, ýer tekizlemek, ýer gazmak, ýük götermek ýaly işleri has takyk, ýokary hilli ýerine ýetirmegi öwrenerler. Tejribehanada kebşirleýji hünärmenleri taýýarlamak üçin Ispaniýanyň «Seabery» kompaniýasynyň «Soldamatic» wirtual simulýator enjamy ulanylýar. Bu enjam “AR” tehnologiýasyna esaslanýan kebşirleme işlerini okatmaga niýetlenen häzirki zaman ulgamydyr. Ol wirtual ulgamda dürli kebşirleme seplerini emele getirip, işiň gidişini wirtual esasda bahalandyrmaga mümkinçilik berýär. Soňra döwlet Baştutanymyz Germaniýanyň «Lucas Nülle» kompaniýasynyň synagdan geçirmek üçin taslama enjamlarynyň toplumy bilen tanyşdyryldy. Bu enjamlar toplumy «CRK 11 Kuka» senagat roboty bilen üpjün edilendir. Toplum mehatronik synag stansiýasy arkaly giňişleýin barlag işlerini ýerine ýetirýär. Dürli sensorlar enjamda ýerleşdirilen taýynçanyň düzümini barlaýar ýa-da synagdan geçirýär. Synagyň netijeleri ýörite işlenip düzülen «Profinet» ulgamy arkaly robota iberilýär. Synagyň netijelerine baglylykda, robot degişli hereketleri etmäge ukyplydyr. Talyplar ähli mümkinçilikler döredilen täze ýokary okuw mekdebini gurduryp berendigi üçin Arkadagly Gahryman Serdarymyza tüýs ýürekden hoşallyklaryny bildirdiler. Soňra hormatly Prezidentimiz mugallymlary we talyplary täze okuw ýylynyň başlanmagy bilen tüýs ýürekden gutlady hem-de umumy himiýa tehnologiýasy tejribehanasyna baryp, bu ýerde döredilen mümkinçilikler bilen tanyşdy. Tejribehanada Germaniýanyň öňdebaryjy «Spectro» kompaniýasy tarapyndan öndürilen, rentgen flýurosent derňewi üçin niýetlenen «Spectrocube» enjamy ornaşdyrylypdyr. Bu enjam rentgen şöhleleriniň kömegi bilen barlanylýan nusganyň düzümindäki himiki elementleriň mukdaryny ýokary takyklykda kesgitleýär. Barlaga başlamazdan ozal, barlanylýan sement nusgasy 100 mikrondan kiçi bolan bölejiklere çenli owradylýar. Taýýar bolan nusga ýörite gapjagazda enjama ýerleşdirilýär we barlanylýar. Barlagyň netijesinde sement nusganyň düzümindäki Ca, Si, Fe, Al ýaly elementleriň mukdary ýokary takyklykda kesgitlenilýär. Netijeler kompýuteriň ekranynda görkezilýär. Tejribehanada hormatly Prezidentimiz Ýewropanyň öňdebaryjy kompaniýalarynyň enjamlary arkaly geçirilýän derňewler bilen hem tanyşdyryldy. Bu ýerde ýokary hilli gaz hromatogram enjamy, ştangenserkul enjamy, HPLC suw hromotograf enjamlary ýerleşdirilipdir. Bu enjamlar talyplara himiki garyndylary, olaryň düzümini iň kiçi mikrolitr ölçeginde kesgitlemäge mümkinçilik berýär. Bu bolsa talyplaryň nazaryýetde alan bilimlerini önümçilikde özleşdirmeklerine şert döredýär. Talyp ýaşlar ähli mümkinçilikler döredilen täze ýokary okuw mekdebini gurduryp berendigi üçin hormatly Prezidentimize tüýs ýürekden hoşallyklaryny beýan etdiler. Döwlet Baştutanymyz talyplara okuwlarynda uly üstünlikleri arzuw etdi. Soňra hormatly Prezidentimize Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň, Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň professor-mugallymlarynyň we talyplarynyň adyndan ajaýyp türkmen halylary sowgat berildi. Arkadagly Gahryman Serdarymyz institutlaryň Hormatly myhmanlarynyň kitabynda ýadygärlik ýazgy galdyrdy. Soňra döwlet Baştutanymyz Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutyna täze awtoulaglaryň açarlaryny gowşurdy. Institutyň rektory Şa serpaýy üçin hormatly Prezidentimize tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi hem-de döwlet Baştutanymyza berk jan saglyk, uzak ömür, il-ýurt bähbitli başlangyçlarynyň hemişe rowaçlyklara beslenmegini arzuw etdi. Ministrler Kabinetiniň agzalary Arkadagly Gahryman Serdarymyzy, Gahryman Arkadagymyzy Bilimler we talyp ýaşlar güni, Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň hem-de Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň täze binalar toplumlarynyň açylyp ulanmaga berilmegi mynasybetli tüýs ýürekden gutlap, halkymyzyň abadançylygynyň bähbidine alyp barýan işleriniň üstünliklere beslenmegini arzuw etdi. Hormatly Prezidentimiz ýokary okuw mekdepleriniň täze binalar toplumlarynyň açylmagy bilen hemmeleri ýene-de bir gezek gutlady we olara alyp barýan işlerinde üstünlikleri arzuw edip, bu ýerden ugrady. Şeýlelikde, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ak pata bermegi bilen Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň, Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň täze binalar toplumlarynyň açylmagy ýurdumyzda giňden bellenilýän Bilimler we talyp ýaşlar gününe ajaýyp toý sowgady bolup, bilim ulgamyny mundan beýläk-de kämilleşdirmek boýunça durmuşa geçirilýän giň gerimli işleriň üstünliklere beslenýändiginiň nobatdaky aýdyň beýanyna öwrüldi. * * * Şu gün hormatly Prezidentimiziň ak pata bermegi bilen açylyp ulanmaga berlen Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutyna halkara güwänamalary gowşurmak dabarasy boldy. Şolaryň hatarynda innowasion pedagogikany durmuşa ornaşdyrýandygy üçin Russiýa Federasiýasynyň Naberežnyýe Çelny döwlet mugallymçylyk uniwersitetiniň güwänamasy; Türkmenistanda mugallymçylyk ugrundan hünärmenleri taýýarlamagyň hilini ýokarlandyrmaga hem-de bilim ulgamynda innowasion tehnologiýalary ornaşdyrmaga goşan uly goşandy üçin “Geljege goşant” atly howandarlyk gaznasynyň güwänamasy; Türkmenistanda durmuş ulgamynda bilimi ýokarlandyrmaga we inklýuziw bilimi ösdürmäge goşan aýratyn goşandy hem-de hyzmatdaşlygy üçin Birleşen Milletler Guramasynyň Çagalar gaznasynyň güwänamasy; täze, döwrebap binalar toplumynyň açylyp ulanmaga berlendigi üçin ÝUNESKO-nyň Bilimde maglumat tehnologiýalary institutynyň Minnetdarlyk haty; ÝUNESKO-nyň Halkara uniwersitetler assosiasiýasynyň agzalyk güwänamasy bar. Güwänamalary gowşurmak dabarasyndan soňra, instituta hormatly Prezidentimiziň adyndan awtoulaglaryň açarlary gowşuryldy. * * * Şu gün Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň hem-de Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň täze binalar toplumlarynyň açylyp ulanmaga berilmegi mynasybetli toý sadakalary berildi.
Символ заботы и созидания
Шатлык ХУДАЙНАЗАРОВ,преподаватель кафедры туркменской литературы и методики её преподавания: – Подготовка учителей туркменского языка и литературы связана с освоением огромного количества художественной, специальной и методической литературы. Для этого созданы все условия преподавателям и студентам. Есть библиотека, рассчитанная на одну тысячу мест, фонд которой составляет один миллион книг. Если учесть, что она в общей сложности занимает два с половиной гектара, можно представить, какое значение при проектировке учебного комплекса придавали самостоятельной подготовке студентов. Примечательно, что в библиотеке комфортно заниматься закреплением знаний, полученных на лекциях и практических занятиях. А возможность пользоваться электронной библиотекой делает эту работу ещё более эффективной. Достоинством нового студенческого городка является и общая система кондиционирования и подачи тепла. Она создаёт комфортные условия во всех аудиториях и административных помещениях в любое время года. Всё это стало возможным благодаря мудрой политике Национального Лидера туркменского народа Героя-Аркадага, которую успешно продолжает Президент Аркадаглы Герой Сердар, за что и преподаватели, и студенты выражают сердечную благодарность. За такое внимание мы ответим творческим трудом. Во время торжеств по случаю открытия нового студенческого городка ТГПИ имени Сейитназара Сейди были вручены квалификационные сертификаты, один из которых – за внедрение инновационной педагогики, также от имени Президента Туркменистана вручены ключи от новых легковых автомобилей, автобусов и специальных машин. Довлетгелди ХУДАЙБЕРДИЕВ. Фото Мердана ОРАЗОВА
Символ заботы и созидания
Гадам ШЕМСЕТДИНОВ,исполняющий обязанности заведующего кафедрой информатики и методики её преподавания, кандидат педагогических наук: – Событие, которое мы с нетерпением ждали, свидетельствует о том, какое огромное значение Герой-Аркадаг и Аркадаглы Герой Сердар придают развитию системы образования. Благодаря их заботе одно из старинных учебных заведений страны в День знаний и студенческой молодёжи в году «Независимый нейтральный Туркменистан – родина целеустремлённых крылатых скакунов» справляет новоселье. Надо сказать, мы тоже основательно готовились к этому празднику. Администрация и преподаватели института совместно с представителями хозяйственного общества «Nahal» активно участвовали в формировании учебно-материальной базы студенческого городка. Делегация института под руководством ректора посетила Федеративную Республику Германия, компании, производящие компьютеры, лабораторное оборудование и другие средства, применяющиеся в ходе учебного процесса по разным предметам. В частности, побывали в компаниях «Phywe», «LD Didactic», в лаборатории «G.U.N.T Hamburg» компании «G.U.N.T. Gerätebau GmbH». Во время знакомства с продукцией компании «LD Didactic» через цифровую систему были подключены представители нашего института, Туркменского государственного университета имени Махмуткули, Туркменского государственного архитектурно-строительного института, Туркменского государственного института энергетики. Тогда компания ознакомила нас со средствами обучения и лабораторным оборудованием для преподавания физики, химии и биологии. Таким образом, был сделан выбор технических средств обучения. Теперь они будут служить подготовке квалифицированных учителей средних школ и воспитателей дошкольных учреждений.
Центр инновационных технологий
Аннагуль ХЕКИМОВА,преподаватель Института международных отношений МИД Туркменистана: – Открытие современного комплекса зданий Туркменского государственного архитектурно-строительного института в День знаний и студенческой молодёжи – это яркое свидетельство торжества научно-образовательной политики нашей страны. Особый глубокий смысл этому событию придаёт то, что начало нового учебного года неразрывно связано с состоявшимся ранее высоким признанием колоссальных заслуг главы государства в научном мире: принятым решением Президиума Высшего аттестационного комитета Туркменистана о присвоении Президенту Туркменистана, доктору политических наук Сердару Гурбангулыевичу Бердымухамедову учёного звания профессора по экономическим и политическим специальностям, а также избранием главы государства академиком Академии наук Туркменистана. Это стало закономерным свидетельством признания колоссального вклада Аркадаглы Героя Сердара в реализацию научно-производственных преобразований и упрочение стратегических позиций Отчизны на мировой арене. Фундаментальные труды главы государства «Молодёжь – опора Родины», «Анау – культура из глубин тысячелетий», «Махтумкули – мыслитель мира» и «Нейтралитет Туркменистана – светлый путь мира и доверия» основаны на научных изысканиях, выступают неиссякаемым источником мудрости и научно-теоретической базой для всей системы образования. Ввод в строй столь высокотехнологичного вуза является прямым практическим воплощением этой стратегии, направленной на формирование нового поколения эрудированной и технически подкованной молодёжи. Гозел ДЖАПБАРОВА. Фото Хасана МАГАДОВА
Центр инновационных технологий
Мяхри АШИРОВА,оператор ЭВМ компьютерного центра Туркменского государственного архитектурно-строительного института: – Личное участие глубокоуважаемого Президента Аркадаглы Героя Сердара в торжественной церемонии открытия, а также детальное ознакомление главы государства с колоссальным научно-образовательным потенциалом, высокотехнологичными лабораториями и инновационным оснащением нового комплекса зданий вуза явились для всего нашего коллектива неиссякаемым источником вдохновения и мощным стимулом в нашей дальнейшей деятельности. Это поистине историческое событие наглядно демонстрирует беспрецедентную заботу государства о студенческой молодёжи и развитии отечественной науки. Открытие современного архитектурного ансамбля института знаменует собой рождение настоящего инновационного кластера. На этой обширной территории гармонично объединились в единый студенческий городок просторные учебные корпуса, передовой учебно-производственный центр, многофункциональный спортивный комплекс, а также комфортабельные общежития и жилые дома для преподавателей. Вся эта масштабная инфраструктура продумана до мелочей, чтобы будущие архитекторы, инженеры-строители, ИТ-специалисты и дизайнеры могли осваивать профессию в идеальных условиях. Настоящей гордостью института стали передовые лаборатории по кибербезопасности, сейсмостойкому строительству, химической технологии и инженерным коммуникациям, оснащённые по последнему слову мировой науки. В свою очередь, созданные здесь аудиовизуальные центры, комплексы синхронного перевода и профильные музеи открывают перед студентами широчайшие возможности для изучения языков и интеграции в международное профессиональное сообщество. Интеллектуальным и духовным ядром нашего нового кампуса выступает современная, светлая библиотека с богатым книжным и электронным фондом. Особое, самое почётное место в ней занимают вдохновляющие труды Национального Лидера туркменского народа Героя-Аркадага и Президента Туркменистана, которые служат для нас главным жизненным и профессиональным ориентиром. В ответ на столь высокое доверие мы обязуемся с неиссякаемой энергией трудиться, внедрять передовые технологии и вносить свой созидательный вклад в процветание нашей независимой Отчизны. Гозел ДЖАПБАРОВА. Фото Хасана МАГАДОВА
Buýsançly ýürekleriň alkyşy
Seýdylla BÄŞIMOW,S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň 1-nji ýyl talyby: — Çagalygymdan bäri agzybir maşgalamyz bilen oba hojalyk pudagyna degişli ekerançylyk, maldarçylyk işleri bilen meşgullanyp, bu ugurlar boýunça enem-atamdan öwrenenlerimi hünär hökmünde has-da kämilleşdirmegi arzuw edýärdim. «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda arzuwym hasyl bolup, S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň weterinar lukmançylygy fakultetiniň zootehniýa taýýarlyk ugrunyň talyby bolmak bagty miýesser etdi. Mundan beýläk hem biz bagtyýar ýaş nesillere döredilip berilýän şeýle amatly şertlerden peýdalanyp, okap, öwrenip, ata Watanymyzyň oba hojalygyny ösdürmek ugrunda yhlasymyzy, zähmetimizi gaýgyrmarys. Çünki biz bagtyýar ýaşlara ähli ugurda nusgalyk ýol-ýörelge, görelde bolup duran Gahryman Arkadagymyz, Arkadagly Gahryman Serdarymyz bar. Türkmen ýaşlaryna döwrebap bilim ojaklarynda kämil ylym-bilim almaga döredip berýän mümkinçilikleri üçin Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň adyna tüýs ýürekden alkyş sözlerini aýdýarys. Taýýarlan Mahym BEGLIÝEWA, «Watan»
Buýsançly ýürekleriň alkyşy
Elman MÄMMEDOW,Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň 1-nji ýyl talyby: — Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň talyby bolmak meniň üçin uly bagt we buýsançdyr. Bu abraýly ýokary okuw mekdebinde bilim almak meniň saýlap alan sport görnüşim boýunça ussatlygymy has-da ösdürmäge, tejribämi artdyrmaga giň mümkinçilikleri açar. Men sport bilen meşgullanyp başlan günlerimden bäri yhlasly zähmet çekip, öňde goýan maksatlaryma ýetmäge çalyşýaryn. 2025-nji ýylda Ispaniýa Patyşalygynda geçirilen «T.1.Jovenes Promesas: U17» atly halkara ýaryşynda altyn medala mynasyp boldum. Şeýle-de, Wýetnamda geçirilen Aziýa çempionatynda, Azerbaýjan döwletinde geçirilen III GDA-nyň oýunlarynda üstünlikli çykyş etdim. 2026-njy ýylda Özbegistan Respublikasynda geçirilen halkara ýaryşda kümüş medal gazandym. Şeýle hem birnäçe gezek Türkmenistanyň çempiony bolmak bagtyna eýe boldum. Bu üstünlikleriň gözbaşynda Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň döredip berýän mümkinçilikleri, tälimçilerimiň beren gymmatly maslahatlary, maşgalamyň goldawy we Watanyma bolan söýgim durýar. Geljekde hem Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň talyby hökmünde ýurdumyzyň sport abraýyny has-da belende galdyrmak, halkara ýaryşlarynda üstünlikli çykyş etmek üçin güýç-gaýratymy gaýgyrmaryn.
Buýsançly ýürekleriň alkyşy
Täzegül BOÝLYÝEWA,Türkmen döwlet medeniýet institutynyň 1-nji ýyl talyby: — Biz ýaşlar okamaga, öwrenmäge ajaýyp mümkinçilikleriň bar bolan mekanynda ýaşaýarys. Muňa begenjimiziň, buýsanjymyzyň çägi ýok. Medeniýet ulgamyndaky uly ösüşlere buýsanyp, men hem şu ýyl Türkmen döwlet medeniýet institutynyň art-menejment taýýarlygy ugrunyň talyby boldum. Bu hünäri saýlamagyma heniz okuwçy döwürlerimde dörän isleg-arzuwlarym sebäp boldy. Orta mekdepde okaýarkam, halypa mugallymlarymdan, şeýle-de özbaşdak şertlerde kompýuter sowatlylygy, elektron hasaplama, sanly iş prosesi ýaly bilimleri öwrenmäge ymykly girişipdim. Şeýdibem, süýji arzuwlarym bu gün öz wysalyna gowuşdy. Medeniýet ulgamyndaky ykdysatçy hökmünde geljekde hem bu hünäriň ussady bolup ýetişmek ugrunda yhlas ederin. Pursatdan peýdalanyp, talyp bolmak ýaly buýsançly bagtyň eýesi bolan deň-duşlaryma uly üstünlikleridir belent sepgitleri arzuw edýärin. goý, bilim ummanynda size şowlulyklar ýar bolsun!
Buýsançly ýürekleriň alkyşy
Her ýylyň sentýabr aýynda müňlerçe talyp ýaşlar bilim dünýäsine ilkinji gezek gadam basýar. Ýurdumyzyň ýokary we orta hünär okuw mekdeplerine «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda talyplyga kabul edilen ýaşlaryň çeken zähmeti, eden yhlasy, kalbynda beslän arzuwlary wysalyna gowuşdy. Biz hem gazetimiziň şu sanynda olaryň ýürek buýsançlaryny, geljekki maksatlaryny siz bilen paýlaşmagy makul bildik. Geljekki hünär eýeleri bolan ýaşlaryň joşgunly ýürek sözleri sizde hem ýakymly duýgulary galdyrar diýip umyt edýäris. Bibijan EMIRKULYÝEWA,Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň 1-nji ýyl talyby: — Ynsan durmuşynyň ýatdan çykmajak pursatlarynyň biri-de talyplyk bagtyna mynasyp bolan günüdir. Maňa hem şeýle bagtyň eýesi bolmak miýesser etdi. Heniz çagalyk döwrümde kämil sungat eserleri meniň döredijilige bolan höwesimi has-da artdyrdy. Men Lebap welaýatynyň Türkmenabat şäheriniň çagalar çeperçilik mekdebiniň heýkeltaraşlyk ugry boýunça okuwymy üstünlikli tamamladym. Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň guramagynda geçirilen «Parahat ýurdumyň reňklere siňen gözelligi» atly bäsleşiginde baýrakly orna mynasyp boldum. Saýlap alan heýkeltaraşlyk ugrumda gowy okap, ýurdumyzyň üstünliklerine mynasyp goşandymy goşjakdygyma tüýs ýürekden ynandyrýaryn. Bagtyýar ýaşlaryň saýlap alan hünärinde döwrebap bilim-ylym almagy üçin giň mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak, tutýan tutumly işleri hemişe rowaç bolsun!
Belent maksatly bagtyýar ýaşlar
Aýgül SÄHETGELDIÝEWA,Hydyr Derýaýew adyndaky Mugallymçylyk mekdebiniň 1-nji ýyl talyby: — Mugallymçylyk hünärine höwes edemsoň, ýylyň-ýylyna ders bäsleşiklerine gatnaşýardym. «Altyn asyryň altyn zehinleri» ders bäsleşiginiň etrap, welaýat tapgyrlarynda 9 — 11-nji synplarda taryh dersi boýunça, şeýle-de Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynda, Hydyr Derýaýew adyndaky Mugallymçylyk mekdebinde okuwçylaryň arasynda geçirilen bäsleşiklerde baýrakly orunlara mynasyp bolmagym meni täze üstünliklere ruhlandyrdy. Mähriban mugallymlarymyň görüm-göreldesi, ata-enemiň, deň-duşlarymyň uly ynam bildirmegi bilen Mugallymçylyk mekdebiniň talyby bolmagym durmuşymda ýatdan çykmajak waka öwrüldi. Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň saýasynda saýlap alan ugrumyzdan hünär bilimini ýokary derejede ele alyp, jemgyýetimize peýdaly hünärmen bolup ýetişeris diýip ynandyrasym gelýär. Biz — ýaşlara okamaga, öwrenmäge giň mümkinçilikleri döredip berýän Milli Liderimiziň hem-de hormatly Prezidentimiziň janlary sag, ömürleri uzak, alyp barýan döwletli işleri elmydama rowaç bolsun!
Belent maksatly bagtyýar ýaşlar
Perhat ÖRÄÝEW,Türkmen döwlet medeniýet institutynyň 1-nji ýyl talyby: — Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň sahawatly saýasynda «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda meniň durmuşymda iň uly arzuwym hasyl boldy. Aýdym-saz, medeniýet, sungat ugrundan okamak, bilim almak çagalykdan arzuwymdy. Maňa bu ýyl Türkmen döwlet medeniýet institutynyň bagtyýar talyby bolmak bagty nesip etdi. Şeýle eşretli zamanada okap, öwrenip, ata Watanymyzyň şöhratly ösüşlerine, üstünliklerine mynasyp goşant goşmak biz — ýaşlar üçin egsilmez bagtdyr. Biz hem öz saýlan hünärimiziň ussady bolup, ýurdumyzyň medeni ösüşlerine mynasyp goşantlarymyzy goşjakdygymyza tüýs ýürekden ynandyrýarys. Ýaşlara okamaga, öwrenmäge ähli mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak, belent başlary aman bolsun! Döwletli işleri hemişe rowaçlyklara beslensin!
Belent maksatly bagtyýar ýaşlar
Güneş AGAMÄDOWA,Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň 1-nji ýyl talyby: — Ynsan ömründe ýatdan çykmajak ýakymly, bagtly pursatlar bolýar — olar arzuwlaryň gunça açyp, çekilen zähmetiň, irginsiz gözlegleriň hem-de bilime bolan söýginiň miwe berýän bagtyýar günleridir. Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň talyby diýen abraýly ada eýe bolmagym kalbymy çäksiz buýsançdan, göwnümi bolsa tükeniksiz şatlykdan doldurdy. Şu ajaýyp toý gününde saýlap alan hünärimiziň mynasyp eýeleri bolup, Watanymyza ak ýürekden hyzmat etjekdigimize ynandyrýaryn. Biz — ýaşlara ylym-bilim öwrenmek, kämil hünärmenler bolup ýetişmek we öz ukyp-başarnygymyzy doly derejede açyp görkezmek üçin ähli mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak, umumadamzat ähmiýetli tutýan tutumly işlerine elmydama rowaçlyklar ýar bolsun!
Belent maksatly bagtyýar ýaşlar
Jemşit GALPAKOW,Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň 1-nji ýyl talyby: — 3-nji synpda etrabymyzdaky Çagalar sungat mekdebine baranym ýaňy ýalydy. Ol ýerde fortepiano ugry boýunça 8 ýyl bilim aldym. Harby gullugy tamamlanymdan soňra, Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň ýanyndaky Daňatar Öwezow adyndaky Türkmen döwlet ýörite sazçylyk mekdebinde öz hünärim boýunça bilim aldym. Bu ýerde dünýä saz sungatynyň nusgawy kompozitorlary — L.W.Bethoweniň, F.Şopeniň, S.Rahmaninowyň we Nury Halmämmedowyň eserlerini içgin öwrenmäge uly mümkinçilik döredi. Bu ugurda ussat mugallymlarym Gözel Babanyýazowanyň, Aýna we Aýlar Öwezowalaryň zähmetiniň uludygyny belläsim gelýär. Saza bolan yhlasym, bu gün meni ýokary okuw mekdebiniň gapysyna getirdi. Şeýle ajaýyp pursatda ähli talyp bolan deň-duşlarymy hem-de mugallymlarymy Bilimler we talyp ýaşlar güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaýaryn.
Belent maksatly bagtyýar ýaşlar
Aýşirin DÖWLETOWA,Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasynyň magistrleri taýýarlamak ugrunyň maglumat hukugy hünäriniň talyby: — Milli Liderimiziň belleýşi ýaly, dünýäde şeýle bir mukaddes gymmatlyk bar. Oňa «Watan» diýilýär. Watana bolan söýgi ynsan üçin iň beýik söýgüdir. Şoňa görä-de, biz — ajaýyp zamananyň bagtyýar ýaşlary watansöýüjiligiň belent mekdebini döreden Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň pähimli pentlerine eýerip, berkarar döwletimiziň kämil bilimli nesilleri bolup ýetişmekde yhlasymyzy gaýgyrmarys. Biz — talyp ýaşlar üçin döredilýän ähli şertler, täze ýokary okuw jaýlary, bilim ulgamynda amala aşyrylýan özgertmeler göwün guşumyzy ganatlandyrýar. Ýaş nesilleriň ylymly, bilimli, giň dünýägaraýyşly, watansöýüji ýaşlar bolup ýetişmekleri ugrunda dünýä nusgalyk işleri durmuşa geçirýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun!
Bedew batly at-myradyň mekany: taryhy köklerden röwşen geljege
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllygynyň dabaralaryna beslenýän «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda ýurdumyz taryhy ösüşleriň täze belentliklerine tarap ynamly gadam goýýar. Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda amala aşyrylýan giň gerimli özgertmeler, milli ykdysadyýetimiziň kuwwatly ösüşi we Watanymyzyň halkara giňişlikdäki belent abraýy hut asyrlarboýy kemala gelen milli gymmatlyklarymyza ygrarlylygyň netijesinde gazanylýan üstünlikleriň beýanydyr. Ýurdumyzyň ykdysady we medeni durmuşynda gazanylýan üstünlikler, ýetilýän sepgitler döwletimizi durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň meýilnamalarynyň amala aşyrylýandygynyň subutnamasydyr. Şu nukdaýnazardan, 2026-njy ýylyň «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip yglan edilmegi halkymyzyň ruhy dünýäsini we döwletimiziň okgunly ösüş kuwwatyny bütin aýdyňlygy bilen açyp görkezýär. Halkymyzda bedew diňe bir gözelligiň nusgasy däl, eýsem, jebisligiň we maksada okgunlylygyň belent nyşanydyr. Gahryman Arkadagymyzyň «Atda wepa-da bar, sapa-da», «Gadamy batly bedew» atly ajaýyp eserlerinde bellenilişi ýaly, ahalteke atlary Türkmenistanyň çäklerinde müňýyllyklaryň dowamynda synmaz söýgi we yhlas bilen kemala getirilipdir. Altyndepe, Änew, Nusaý we Dehistan ýaly gadymy medeniýet ojaklaryndan gözbaş alýan atçylyk sungatymyz şu günki günde bütindünýä medeni mirasynyň aýrylmaz bölegine öwrüldi. Türkmen halkynyň taryhyny atsyz göz öňüne getirmek mümkin däldir. At türkmen üçin ýow gününde wepaly ýoldaş, parahatlyk döwründe bolsa durmuşyň bezegi bolupdyr. Görkana syraty, altynsow öwüşgini we çydamlylygy bilen dünýäni haýran galdyrýan behişdi bedewlerimize goýulýan sarpa häzirki wagtda döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugruna öwrüldi. Ahalteke atçylyk sungatynyň we atlary bezemek däpleriniň ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilmegi hem bu ugurdaky uly yhlasyň halkara derejesindäki belent ykrarnamasydyr. Türkmen bedewleriniň şan-şöhraty şu ýylyň güýzünde Ýewropanyň ýüreginde täze derejä göterilip, buýsanjymyzy has-da artdyrar. 2026-njy ýylyň sentýabr aýynyň 4 — 6-sy aralygynda Niderlandlar Patyşalygynyň Kronenberg şäherindäki meşhur «Pilbergen» halkara atçylyk sport merkezinde ahalteke atlarynyň arasynda atly sport we gözellik bäsleşiginiň dünýä çempionaty geçiriler. Bu taryhy waka diňe bir halkara sport bäsleşigi bolman, eýsem, Türkmenistan bilen Niderlandlar Patyşalygynyň, şeýle-de dünýä halklarynyň arasyndaky dost-doganlyk gatnaşyklaryny medeniýet arkaly berkitmegiň ajaýyp nusgasydyr. Çempionatyň çäklerinde guraljak «Ahalteke bedewi — gözelligiň naýbaşy nusgasy» atly halkara bäsleşik dünýä jemgyýetçiligine türkmen nakgaşlarynyň, heýkeltaraşlarynyň, zergärleriniň we halyçylarynyň döredijilik dünýäsini giňden açyp görkezmäge mümkinçilik berer. Meşhur «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparynyň bu ýerdäki çykyşlary bolsa dünýäniň atçylyk muşdaklaryna türkmen halkynyň merdanalygyny we bedew bilen bagry badaşan durmuş hakykatyny nobatdaky gezek açyp görkezer. Ýewropanyň merkezinde belende galdyryljak bu medeni baýdak milli gymmatlyklarymyzy dünýä ýaýmakda döwlet tarapyndan alnyp barylýan yzygiderli işleriň miwesidir. Ýurdumyzyň ykdysady özgertmeleriniň hem hut atlaryň okgunlylygy, ýagny bedew bady bilen baglanyşdyrylmagy özboluşly many-mazmuna eýedir. Hormatly Prezidentimiziň amala aşyrýan çuňňur oýlanyşykly syýasaty netijesinde, makroykdysady görkezijiler yzygiderli ösýär, ykdysadyýetiň we senagatlaşdyrmagyň täze derejä çykmagy üpjün edilýär. Häzirki döwürde ulag-logistika, energetika we sanly ykdysadyýet ýaly ugurlarda amala aşyrylýan iri taslamalar Ýewraziýa giňişliginde täze ykdysady halkalary we «kerwen ýollaryny» kemala getirýär. Ykdysadyýetdäki bu depginli ösüşler 2026-njy ýylyň «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýen şygary bilen doly utgaşýar. Maksatnamalaýyn özgertmeleriň netijesinde gazanylýan her bir ýeňiş hem-de durnukly ösüş Gahryman Arkadagymyzyň «Döwlet adam üçindir!» diýen ynsanperwer şygarynyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň «Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!» diýen belent ýörelgeleriniň dabaralanmasydyr. Ýurdumyzyň çar künjeginde açyljak täze binalar we desgalar Watanymyzda bellenilýän iň naýbaşy baýram bolan Garaşsyzlyk gününiň dabaralary mynasybetli ajaýyp sowgat bolar. Şähergurluşyk maksatnamasynyň çäklerinde gurlup ulanmaga beriljek önümçilik we durmuş-medeni maksatly binalar ýurdumyzyň ykdysady kuwwatyny tassyklamak bilen birlikde, halkymyzyň durmuş üpjünçiligini yzygiderli ýokarlandyrmaga gönükdirilendir. Açyljak her bir täze bina, medeniýet öýi, döwrebap çagalar baglary we mekdepler, senagat toplumlary döwletimiziň abadan geljege tarap ynamly gadamlarynyň aýdyň şöhlelenmesidir. Täze taryhy döwürde döwletlilik ýörelgelerimiziň dowamatlygy, durmuşymyzyň bagtyýarlygy, röwşen geljege ynamymyz milli gymmatlyklara goýulýan sarpadan gözbaş alýar. Türkmen halky özüniň behişdi bedewleri bilen dünýä medeniýetine uly goşant goşdy. Şu günki gazanylýan ähli üstünliklerde hem milli ruhumyzdan gözbaş alýan güýç-kuwwat duýulýar. Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň dünýäniň syýasy we ykdysady giňişligindäki ornuny berkitmek, halkymyzyň abadan ýaşaýşyny üpjün etmek ugrunda beýik işleri amala aşyrýan hormatly Prezidentimiziň, Gahryman Arkadagymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun! Döwletmyrat AMANNAZAROW, Türkmen döwlet maliýe institutynyň mugallymy.
Оплот могущества и процветания
Есть даты, которые становятся символом новых надежд, добрых начинаний и устремлённости в будущее. Для миллионов людей таким особенным днём является День знаний и студенческой молодёжи. В Туркменистане этот праздник занимает особое место, ведь образование рассматривается не только как путь к профессиональному мастерству, но и как важнейшая основа духовного, интеллектуального и социально-экономического развития государства. Каждый новый учебный год начинается с торжественного первого звонка, который открывает перед школьниками и студентами двери в мир науки, творчества и созидания. Для первоклассника это начало удивительного путешествия в страну знаний, для выпускника – важный рубеж на пути к профессии, а для педагога – возможность вновь посвятить свои знания и опыт воспитанию нового поколения. Сегодня слова «Свет знаний – оплот могущества и процветания» приобретают особое значение. Именно образованная, инициативная и патриотичная молодёжь является интеллектуальной силой современного государства, его главным потенциалом и надеждой на успешное будущее. В годы независимости в Туркменистане последовательно проводится масштабная работа по модернизации национальной системы образования. Строятся новые школы, детские сады, профессиональные и высшие учебные заведения, совершенствуется материально-техническая база, внедряются современные образовательные технологии, расширяются возможности для научной и творческой деятельности молодёжи. Государственная политика в сфере образования направлена на формирование поколения, способного успешно осваивать современные знания, применять инновационные технологии, заниматься научными исследованиями и вносить достойный вклад в развитие страны. Одной из важнейших задач является подготовка высококвалифицированных специалистов, востребованных в различных отраслях. Особое внимание уделяется тому, чтобы образовательный процесс отвечал требованиям времени. В школах и вузах используются компьютеры, интерактивные мультимедийные технологии, электронные образовательные ресурсы и электронные библиотеки. Это позволяет сочетать богатые национальные педагогические традиции с современными методами обучения. Сегодня школа – это не только классная комната, учебник и школьная доска. Это пространство, где ребёнок учится мыслить, исследовать, задавать вопросы, находить решения, работать в коллективе и раскрывать свои способности. В стране действуют школы с углублённым изучением точных, естественных, гуманитарных наук и иностранных языков. Создаются кружки по интересам, расширяются возможности для научного и технического творчества, совершенствуются учебные программы и методики. Значительное внимание уделяется изучению истории и культурного наследия туркменского народа. Важным направлением является цифровизация образования. Знакомство детей с современными информационными технологиями с раннего возраста помогает формировать навыки, которые будут необходимы им в будущей профессиональной деятельности. Доброй традицией стало вручение первоклассникам страны от имени Президента Туркменистана и Героя-Аркадага ноутбуков «Bilimli». Использование таких электронных помощников способствует организации интерактивного обучения и расширяет доступ школьников к образовательным материалам. Современная система образования должна не только давать фундаментальные знания, но и помогать молодому человеку определить своё профессиональное призвание. Именно поэтому в Туркменистане расширяется перечень направлений подготовки специалистов. В числе перспективных направлений – информационные технологии, медицина, инженерия, сельское хозяйство, математика, естественные науки, педагогика и другие области, имеющие большое значение для современного развития страны. Расширение профессиональной подготовки позволяет молодёжи выбирать специальности в соответствии со своими способностями и интересами, одновременно учитывая потребности государства. Особое значение имеет утверждённая в 2025 году Стратегия развития высшего профессионального образования в Туркменистане на 2026–2052 годы и План мероприятий по её реализации на 2026–2030 годы. Этот долгосрочный документ ориентирован на дальнейшее совершенствование высшего образования, повышение его конкурентоспособности и развитие системы высших учебных заведений. Невозможно говорить об успехах образования, не говоря об учителе. Педагог – это специалист, передающий знания. Это наставник, воспитатель, пример культуры, ответственности, трудолюбия и гражданской зрелости. От его профессионализма, терпения и способности заинтересовать ученика во многом зависит, каким станет будущий специалист и гражданин. В современном образовательном процессе роль учителя становится ещё более значимой. Огромный поток информации, развитие цифровых технологий и стремительные изменения в науке требуют от педагога постоянного профессионального роста. Поэтому совершенствование педагогического мастерства, обмен опытом и освоение современных методик обучения остаются важными задачами. Профессия учителя требует не только глубоких знаний, но и большого сердца. Ведь настоящий педагог способен увидеть талант там, где его пока не замечает сам ученик, поддержать в трудную минуту и помочь поверить в собственные силы. Современная образовательная система развивается в тесном взаимодействии с международным научно-образовательным пространством. В последние годы Туркменистан укрепляет сотрудничество с зарубежными университетами, научно-исследовательскими центрами и международными организациями. Реализуются совместные проекты с ПРООН, ЮНИСЕФ, ЮНЕСКО, ЮНФПА и другими партнёрами. Расширяется и возможность обучения туркменской молодёжи за рубежом. В 2026-2027 учебном году предусмотрено дальнейшее развитие такого сотрудничества с ведущими образовательными учреждениями Китайской Народной Республики и Венгрии. Сегодня страна встречает новый учебный год в знаменательный период. 2026 год проходит под девизом «Независимый нейтральный Туркменистан – родина целеустремлённых крылатых скакунов» и ознаменован 35-летием государственной независимости. Поэтому новый учебный год становится не просто очередным этапом образовательного процесса – это очередная ступень в реализации долгосрочных целей, связанных с формированием интеллектуального потенциала страны. Будущее любого государства невозможно представить без образованной молодёжи. Именно сегодняшние школьники и студенты завтра станут врачами и инженерами, учителями и учёными, архитекторами и программистами, агрономами и экономистами, специалистами новых профессий. Но настоящий специалист должен обладать не только дипломом, но и уметь трудиться, мыслить самостоятельно, уважать окружающих, ценить мир и согласие, бережно относиться к культурному наследию своей Родины и чувствовать ответственность за её будущее. Поэтому современное образование призвано формировать гармоничную личность, в которой знания соединяются с нравственностью, профессионализм – с ответственностью, а личные достижения – с готовностью трудиться на благо общества. День знаний и студенческой молодёжи – это праздник не только школьников и студентов, это праздник учителей и родителей, учёных и воспитателей, всех тех, кто понимает, что инвестиции в знания являются инвестициями в будущее страны. Каждый учебник, каждая новая лаборатория, каждая современная школа, каждый урок и каждый научный проект – это вклад в завтрашний день Туркменистана. Пусть новый учебный год принесёт школьникам и студентам новые открытия, учителям – благодарных и талантливых учеников, родителям – гордость за достижения своих детей, а стране – новые поколения высокообразованных, трудолюбивых и преданных Родине специалистов. Пусть свет знаний освещает путь каждого молодого человека, помогая ему смело идти навстречу своей мечте. Ведь могущество государства начинается с образованного человека, а процветание Отчизны – с знаний, труда и стремления молодого поколения к созиданию. С праздником, дорогие школьники и студенты, уважаемые педагоги и работники системы образования! С Днём знаний и студенческой молодёжи! Агаюнус МЫРАДОВА, преподаватель кафедры гигиены питания Государственного медицинского университета Туркменистана имени Мырата Гаррыева.
Şan-şöhraty dünýä dolan Watanym!
Ýurdumyzda ägirt uly işler amala aşyrylyp, şunda ata-babalarymyzyň döreden milli gymmatlyklaryna, şanly senelere bagyşlanyp guralýan dabaralaryň guramaçylyk derejesine uly ähmiýet berilýär. Şunuň bilen baglylykda, 29-njy awgustda Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde ýurdumyzyň Hökümet agzalarynyň, ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleriniň gatnaşmaklarynda mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllygy mynasybetli halkara atçylyk we atly sport ugurlary boýunça guraljak medeni çäreleri hem-de dabaralary ýokary derejede geçirmek boýunça maslahat boldy. Maslahata gatnaşyjylar ilki Mukamlar köşgüniň eýwanynda guralan sergi bilen tanyşdylar. Şanly senäniň we iri halkara çäreleriň hormatyna guralan sergide häzirki döwürde ösüşleriň belentliklerine tarap ynamly gadam urýan ýurdumyzyň sazlaşykly ösüşiniň tapgyrlary, dünýä gymmatlyklarynyň hatarynda möhüm orny eýeleýän ahalteke bedewleriniň özboluşly aýratynlyklary öz beýanyny tapdy. Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň şanly 35 ýyllygy mynasybetli geçiriljek çäreler, şol sanda Niderlandlar Patyşalygynyň Kronenberg şäherindäki «Pilbergen» atçylyk sport toplumynda meýilleşdirilen halkara çäreleriň guramaçylygy bilen baglanyşykly meseleler maslahatyň gün tertibiniň özenini düzdi. Şoňa görä-de, çykyşlarda Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň şanly baýramyny uly zähmet üstünlikleri bilen garşylamagyň, şu mynasybetli giň möçberli milli we halkara çäreleri guramagyň asylly däbe öwrülendigi nygtaldy. Ýurdumyzyň medeniýet we sungat işgärleri baýramçylyk çäreleriniň täsirli pursatlara baý bolmagy ugrunda ähli zerur tagallalary edýärler. Hut şu jähetden, çärä gatnaşan medeniýet, döredijilik işgärleri Gahryman Arkadagymyzyň: «Iň beýik söýgi Watana bolan söýgüdir. Watana bolan söýgi bolsa biziň her birimiziň ene-atamyza, maşgala ojagymyza, saýlap alan hünärimize bolan söýgimizden, kämillige bolan hyjuwymyzdan gözbaş alýandyr» diýen sözlerinden ruhlanyp, kesgitlenen wezipeleri abraý bilen ýerine ýetirmek ugrunda ukyp-başarnyklaryny gaýgyrmajakdyklaryna ynandyrdylar. Hormatly Prezidentimiziň gol çeken Kararyna laýyklykda, behişdi bedewlerimiziň şan-şöhratyny has-da belende götermek, dünýä derejesindäki halkara atly sport we gözellik bäsleşiklerine gowy taýýarlyk görmek maksady bilen, halkara bäsleşikleri ýokary derejede geçirmek boýunça guramaçylyk döwlet topary döredildi. Toparyň agzalarynyň bilelikdäki sazlaşykly hereketleri esasynda kesgitlenen wezipeler üstünlikli amala aşyrylýar. Şunuň bilen birlikde, maslahatyň dowamynda Türkmenistanyň Prezidentiniň döwrebaplaşdyrylan Ahalteke atçylyk toplumynyň açylyş dabarasy mynasybetli göz öňünde tutulýan çärelerde milli gymmatlyklarymyzy özünde jemleýän toý dessurlaryny ýaýbaňlandyrmagyň meýilleşdirilýändigi barada aýdyldy. Çykyşlarda atçylyk toplumynda geçiriljek medeni çäreleri, şol sanda türkmen milli toý dessurlary bilen bagly çäreleri ýokary derejede geçirmegiň, olary giňden wagyz etmegiň, köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde mynasyp beýan etmegiň medeniýet toplumynyň işgärleriniň paýyna düşýändigi bellenilip, Gahryman Arkadagymyzyň maslahatlaryny we hormatly Prezidentimiziň öňde goýýan wezipelerini, berýän tabşyryklaryny ýerine ýetirip, bildirilen ynamy ödemekde olara uly üstünlikler arzuw edildi. Umuman, mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllygy mynasybetli halkara atçylyk we atly sport ugurlary boýunça guraljak medeni çäreleri hem-de dabaralary ýokary derejede geçirmek boýunça maslahatyň geçirilmegi ýurdumyzyň durmuşynda möhüm ähmiýeti bolan çäreleriň guramaçylygyna döwlet derejesinde aýratyn üns berilýändiginiň güwäsidir. Aýna NIÝAZGULYÝEWA, Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika institutynyň uly mugallymy.
Halk häkimiýetiniň türkmen nusgasy
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň taryhy-medeni kökleri Döwlet gurmak we ony dolandyrmak her bir milletiň ykbaly üçin iň möhüm wezipeleriň biri. Islendik bir halk döwlet gurluşynda öz ýoluny saýlap alýar. Bu jogapkärli işde dürli tejribeleriň bolmagy döwletleriň häkimiýet gurluşynyň gelip çykyşyna, halkyň taryhyna, milli däp-dessurlaryna hem-de döwrebap konstitusion taglymatlaryna esaslanýar. Häzirki zaman türkmen jemgyýetine bolsa döwrebaplyk, kanunylyk, milli we dünýä tejribesini utgaşdyrmak ýörelgeleri mahsusdyr. Türkmenistanyň Halk Maslahaty bu taryhy hakykatyň iň anyk delilleriniň biridir. Şonuň üçin halk häkimiýetiniň türkmen nusgasynyň taryhy-medeni köklerini we Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň häzirki zaman döwletliligimizdäki jemgyýetçilik-syýasy ähmiýetini düşündirmek iň derwaýys wezipelerimiziň biridir. Halk wekilçiligi türkmenleriň taryhy köklerini gadymy döwürlerden alyp gaýdýan döwletlilik ýörelgesidir. Häzirki zaman türkmen taryhynda halk wekilçiligi milli parlamentarizmiň wajyp häsiýetidir. Çünki wekilçilikli häkimiýetiň esasy wezipesi — halkyň adyndan çykyş etmek, halkyň (raýatlaryň) bähbitlerini goramak, ileri tutmakdyr. Wekilçilikli häkimiýetiň her bir halkyň özüne mahsus görnüşleri, aýratynlyklary bar. Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň — halk häkimiýetiniň iň ýokary wekilçilikli edarasynyň häkimiýet edaralarynyň ulgamynda tutýan orny, many-mazmuny, ygtyýarlyklary milli tejribämiziň hem-de halkara bileleşiginde hemmeler tarapyndan umumy ykrar edilen çemeleşmeleriň döwrebap kämilleşdirilen görnüşidir. XVII—XIX asyrlarda halkymyzyň öz gündelik içki durmuşyny edara etmek, ýaşaýşyny üpjün etmek ýaly örän wajyp wezipeleri oba jemagatlary bolup, agzybirlikde ýerine ýetiripdir. Maslahatlaşmak dessury XIX asyrda has kämilleşipdir. Ol jemagatyň iň ýokary kanun çykaryjy we dolandyryjy guramasy bolan syýasy-jemgyýetçilik düzgünine öwrülipdir. Onda diňe jemagatyň işlerine däl-de, uly syýasy meselelere hem seredilipdir. Onuň düzümine il içinde abraýly hanlar, serdarlar, ulamalar, miraplar, kethudalar we tire-taýpa ýolbaşçylary giripdir. Wekiller demokratik esasda saýlanypdyr. Saýlawlara birnäçe adam hödürlenipdir. Aksakgallar ýa-da kethudalar oba jemagatynyň ýolbaşçysy bolupdyr. Olar tejribeli, abraýly, köpügören adamlar eken. Şol wezipä saýlanan adam hyzmaty üçin jemagatdan diňe öz at-abraýyndan başga hiç zat almandyr. Onuň sözüne hemmeler gulak asypdyr we görkezmeleri ýerine ýetirilipdir. Han häkimiýetiniň ygtyýarlylygy barada aýdylanda, türkmen jemgyýetinde harby demokratiýanyň kada-kanunlary hereket edipdir. Jemgyýetiň başyna agyr gün düşende ýa-da howp abananda, kethudalar maslahat geçirip, abanýan howpuň garşysyna nähili hereket etmelidigi barada belli bir karara gelipdirler. Şeýle maslahatlar bent gurmak, gala salmak, ene ýaplary çekmek, ýer-suw paýlanyşygy ýaly ähli jemgyýet bolup geçirilmeli çäreleri amala aşyrmak üçinem çagyrylypdyr. Şunuň ýaly umumy jemgyýet işlerini amala aşyrmak maksady bilen, aýratyn hem, harby howp dörän pursadynda sebitlerde umumy han saýlanypdyr. Iliň öňüne düşüp, han adyny göterýän adamlar akylly-paýhasly, ukyply, edermen, batyr kişiler bolupdyr. Hanlaryň akyl-paýhasynyň näderejede halk tejribesine daýanýandygyny Keýmir serdaryň, Myrat hanyň, Nurberdi hanyň, Garaoglan hanyň, Gowşut hanyň, Dykma serdaryň, Täç Gök serdaryň we beýlekileriň alyp baran işleri, görkezen hyzmatlary aýdyň görkezýär. Olar dürli döwürlerde öz halkyna hyzmat edip, iliň hormatyna mynasyp bolupdyr. Halkymyzyň şunuň ýaly taryhy-jemgyýetçilik adatlary bu günki demokratik ýörelgelerimiziň gadymy geçmişimiz we milli özboluşlylygymyz bilen berk baglanyşyklydygynyň anyk mysallarydyr. Islendik taryhy-medeni gymmatlyk bolsa şu günüň ruhunda täze mazmuna eýe bolanynda dowamata uzaýar. Her ýyl mukaddes Garaşsyzlyk baýramynyň öňüsyrasynda geçirilýän Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisi bolsa halk häkimiýetiniň milli nusgasynyň, halkyň müňýyllyklara uzaýan taryhy ýolunda döwlet gurluşy we dolandyrylyşy babatda toplan tejribämiziň dabaralanmasynyň we ata-babalarymyzdan miras galan milli demokratiýanyň kämil nusgasydyr. Bilbil TÄÇMYRADOWA, Ak bugdaý etrabyndaky takyk we iňlis dili dersleri çuňlaşdyryp öwredýän ýöriteleşdirilen 27-nji orta mekdebiň müdiri.
Milli buýsanjymyz jahanyň nazarynda
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynyň güýz paslynyň ilkinji günlerinde Günbatar Ýewropanyň ýüreginde dünýä atçylygynyň taryhyna ýazyljak ahalteke atlarynyň arasynda atly sport we gözellik bäsleşiginiň dünýä çempionaty ähli halkymyzyň hem-de behişdi bedewlerimiziň jahanyň çar ýanyndaky muşdaklarynyň sabyrsyzlyk bilen garaşýan wakasydyr. 4 — 6-njy sentýabr aralygynda Niderlandlar Patyşalygynyň Kronenberg şäherindäki meşhur «Pilbergen» halkara atçylyk-sport toplumynda geçiriljek giň gerimli çäre diňe bir bütindünýä atly sportunyň taryhynda täze sahypany açmak bilen çäklenmän, eýsem, gadymy miras we innowasiýalar arkaly Gündogar bilen Günbatary birleşdirjek medeni diplomatiýanyň, dostlukly hyzmatdaşlygyň belent nusgasyny görkezer. Ahalteke bedewleri halkymyz üçin milli gymmatlykdan zyýada, döwletliligiň janly nyşanydyr. Ýewropa yklymynda ahalteke atlarynyň arasynda atly sport we gözellik bäsleşiginiň dünýä çempionatynyň geçirilmegi döwletimiziň giň gerimli halkara hyzmatdaşlyga açykdygyny, dostluk köprülerini gurmaga mydama taýýardygyny görkezýär. Çünki at türkmeniň kalby, iň naýbaşy gymmatlygy, janyndan eý görýän ýoldaşy. Bizem şu ýazgymyzda giň gerimli halkara çäräniň öňüsyrasynda onuň bilen bagly birnäçe sowallara jogap tapmagy makul bildik. Niderlandlar Patyşalygynda geçirilýän dünýä çempionatynyň esasy ähmiýeti nämeden ybarat? Taryha nazar aýlasaň, iri ýaryşlarda sport muşdaklaryny haýran galdyran ýa-da gözelligi bilen hökümdarlaryň kalbyny awlan türkmen bedewleriniň sanynyň az däldigini görýäris. Emma häzirki wagta çenli ahalteke atlarynyň gatnaşmagynda isle sport, isle gözellik bäsleşikleri, esasan, ýurdumyzda ýokary derejede, kähalatda bolsa dürli ýurtlarda ýerli athanalaryň guramagynda geçirilip gelinýär. Bu gezekki dünýä çempionaty bolsa ilkinji gezek ajaýyp bedewleriň asyl mekanyndan we dünýäniň onlarça ýurtlaryndan gatnaşyjylary bir ýere jemlär. Soňky onýyllyklarda Germaniýa, Fransiýa, Russiýa, Wengriýa, Çehiýa, Estoniýa ýaly ýurtlarda ahalteke atlaryny seýisleýän iri hojalyklaryň kemala gelendigi buýsançly ýagdaýdyr. Bu dünýä çempionaty ahalteke bedewleriniň gözelligini we sport mümkinçiliklerini görkezer. Şonuň üçin-de, bu çempionaty diňe bir baýrakly orunlar ugrundaky bäsleşik däl-de, milletimiziň medeni gymmatlyklarynyň giň gerimli tanyşdyrylyşy hökmünde häsiýetlendirip bolar. Näme sebäpden ahalteke atlarynyň dünýä çempionaty hut Kronenberg şäherinde geçirilýär? Ýewropada Pariž, London, Berlin ýaly ahalteke bedewleriniň dünýä çempionatyny kabul etmäge mynasyp iri paýtagt şäherler az däl. Emma atly sport bilen içgin gyzyklansaň, Niderlandlar Patyşalygynyň günortasynda ýerleşýän Limburg sebitiniň bütindünýä atçylyk pudagynyň paýtagty derejesine eýedigi mälim bolýar. Germaniýa we Belgiýa bilen serhetleşýän, şeýle-de Fransiýadan onçakly uzak bolmadyk bu sebit kämil sport desgalarynyň jemlenen, öňdebaryjy atçylyk hojalyklarynyň, atly sport boýunça halkara federasiýalaryň merkezi edaralarynyň mesgen tutan ýeri bolup, «Ýewropa atçylygynyň altyn mekany» hökmünde bellidir. Munuň üstesine-de, Kronenberg şäheri logistika nukdaýnazaryndan örän oňaýly nokat bolup, Niderlandlar Patyşalygynyň we goňşy döwletleriň halkara howa menzillerinden bary-ýogy birnäçe sagat uzaklykda ýerleşýär. Şoňa görä-de, dünýä çempionaty üçin bu şäheriň saýlanyp alynmagy Fransiýadan, Germaniýadan, Beýik Britaniýadan, Merkezi we Gündogar Ýewropa ýurtlaryndan, hatda alys yklymlardan gatnaşyjylaryň jemlenmegi üçin örän şowly çözgütdir. «Pilbergen» atçylyk-sport toplumynyň aýratynlyklary barada näme bilmeli? Häzirki zaman atly sportunda ýaryşyň geçirilýän desgalaryna örän ýokary talaplar bildirilýär. Kronenberg şäherindäki «Pilbergen» atçylyk-sport toplumy şeýle talaplara doly laýyk gelýän abraýly merkez hökmünde tanalýar. Her ýyl Halkara atly sport federasiýasynyň Milletler Kubogynyň ýarym finallary hut şu sport toplumynda geçirilýär. Atly sportuň iň ussat türgenleri Olimpiýa oýunlaryna we dünýä çempionatlaryna hut şol ýerde taýýarlyk görýär. Ýylyň 52 hepdesinde-de ýerli we halkara ýaryşlaryň üznüksiz geçirilýän ýeri hökmünde belli bolan «Pilbergen» 250 gektar meýdany eýeläp, atly sportuň birbada birnäçe görnüşi boýunça bäsleşikleri kabul etmäge ukyplydyr. Sport toplumynyň tehnologik mümkinçilikleri we kämil tehnologiýalar ornaşdyrylan bäsleşik meýdançalary — çägeli we otly manežleri onuň iň esasy gymmatlygydyr. Çägeli manežiň çyglylyk derejesi howa şertlerine laýyklykda, sanly ulgamyň kömegi arkaly awtomatik sazlanylyp, atlaryň bökdençsiz çykyş etmegi üçin iň ýokary şertleri üpjün edýär. Gurak we yssy howada toprak meýdançanyň aşagyndan çyglandyrylýar, ýagyş ýagan halatlarynda bolsa suw dessin siňdirilýär. Munuň özi atlaryň sazlaşykly hereket etmegini üpjün edip, şikesleriň öňüni almaga kömek edýär. Dünýä çempionatynyň maksatnamasynda haýsy çäreler göz öňünde tutulan? Ahalteke atlarynyň arasynda atly sport we gözellik bäsleşiginiň dünýä çempionatynyň maksatnamasy köpugurlylygy bilen tapawutlanyp, geçirilmegi meýilleşdirilýän bäsleşikleriňdir çäreleriň bir-birinden gyzykly boljakdygy ikuçsuzdyr. Sport bäsleşikleriniň aýratynlyklary Bedewleriň päsgelçiliklerden böküp geçmekdäki ussatlygyny, çydamlylygyny, üşükliligini açyp görkezýän konkur we atly gezelenç boýunça bäsleşikler dünýä çempionatynyň maksatnamasynda aýratyn orun eýeleýär. Atçylygyň muşdaklarynyň arasynda ahalteke bedewleri, ilkinji nobatda, gözelligi we ýyndamlygy bilen tanalýar. Bu dünýä çempionaty türkmen bedewleriniň konkur we atly gezelenç ýaly ugurlarda-da bäsdeşlige ukyplydygyny subut eder. Tebigy çeýelik, hereketleriň sazlaşyklylygy we dogabitdi üşüklilik ýaly aýratynlyklar ahalteke bedewleriniň atly sport bäsleşiklerinde hem ýokary netijeleri görkezmegine mümkinçilik berýär. Absent atly bedewiň 1960-njy ýylda Rimde geçirilen tomusky Olimpiýa oýunlarynda altyn medala eýe bolup, atly sportuň taryhynda orun alandygyny bilmeýän ýok bolsa gerek. Şondan soňky döwürlerde-de türkmen atlarynyň abraýly halkara ýaryşlardaky üstünlikli çykyşlary az däl. Niderlandlar Patyşalygyndaky dünýä çempionaty häzirki döwürde çempion bedewleriň ýeňişli ýollaryny mynasyp dowam etdirjek ahalteke atlarynyň bardygyny subut eder. Gözellik bäsleşikleri — arzyly tomaşa Dünýäde «Asman atlary», «Parfiýa şalarynyň altyn bedewleri», «Sähranyň janly gudraty» ýaly atlar bilen meşhur bolan bedewlerimiziň gözellik bäsleşikleri atçylygyň muşdaklary üçin iň arzyly tomaşalardyr. Dünýä çempionatynda halkara derejeli eminler tarapyndan bäsleşige gatnaşýan ahalteke bedewlerine baha berler. Ýeri gelende bellesek, gözellik bäsleşiklerinde baha berişde bedewleriň diňe bir daş keşbi däl, eýsem, nesil arassalygy, hereketleriniň sazlaşygy, özüni alyp barşy hem hasaba alynýar. Atlaryň altyn öwüşginlerine, kellesiniň gurluşyna, boýnuna, syratly aýaklaryna, ajaýyp göwresine aýratyn üns berlip, olaryň kesgitli standartlara laýyk gelýändigi gözden geçirilýär. Tebigy görnüşinde ussadyň elinden dörän ajaýyp heýkeli ýada salýan, şaý-sepler bilen bezelende gözüňi dokundyrýan, ýörände seýkin basyp, çapanda göýä toýnaklary ýere galtaşmaýan ýaly hereket edýän bedewlerimiziň gözellik bäsleşiginiň ahalteke atlarynyň dünýädäki muşdaklarynyň sanyny has-da artdyrjakdygyny ynamly aýdyp bileris. Milli medeniýetiň göçme sergisi Dünýä çempionatynyň geçirilýän günlerinde «Pilbergen» halkara atçylyk-sport toplumy türkmen Diýarynyň täsin künjegini ýada salar. Şol ýerde ýurdumyzyň birnäçe ministrlikleriniň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, hususy pudagyň sergi pawilýonlary guralyp, olarda ahalteke bedewleriniň muşdaklary at esbaplarynyň, bezeg şaý-sepleriniň gaýtalanmajak nusgalary, ajaýyp halylar we haly önümleri, zergärçilik we nakgaş eserleri, heýkellerdir suratlar bilen tanyşmaga mümkinçilik dörediler. Atçylyk sport toplumynyň çäginde guraljak etnografik obada dünýäniň çar ýanyndan bolan myhmanlar türkmen medeniýeti bilen içgin tanyşmaga mümkinçilik alarlar. Seýisçilige ylmy nukdaýnazar Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň ugurdaş düzümler bilen bilelikde guramagynda geçiriljek ylmy-amaly maslahat dünýä çempionaty bilen utgaşykly geçiriljek möhüm çäreleriň biridir. Onlarça ýurtdan köp sanly wekilleri jemlejek ylmy-amaly maslahatda türkmenistanly we daşary ýurtly hünärmenlerdir alymlar ahalteke atlarynyň tohum arassalygyny goramak, bedewleri seýislemegiň häzirki zaman usullary, pudaga sanly ulgamy ornaşdyrmak bilen baglanyşykly meseleleri ara alyp maslahatlaşarlar. Bu çäre tejribeleri baýlaşdyryp, gadymy seýisçilik sungatyny häzirki zaman ylmynyň gazananlary bilen utgaşdyrmaga ýardam eder. Bedewli eserler — ylham çeşmesi Ahalteke bedewleriniň gözelligini çeper beýan edýän nakgaş, heýkel, zergärçilik, haly eserleriniň we fotosuratlaryň «Ahalteke bedewi — gözelligiň naýbaşy nusgasy» atly halkara bäsleşikde ýurdumyzdan we daşary ýurtlardan gatnaşyjylaryň döreden eserlerine baha berler. Bu bäsleşige her ugur boýunça diňe bir milli sungat ussatlarynyň däl, eýsem, daşary ýurtly suratkeşleriň, heýkeltaraşlaryň, halyçylaryň, fotohabarçylaryň ajaýyp eserleri bilen gatnaşmagy türkmen bedewiniň şan-şöhratynyň dünýä dolup, döredijilik ylhamynyň çeşmesine öwrülendigini nobatdaky gezek tassyklar. Kalplary joşdurýan çykyşlar Atlara erk etmekde we şowhunly tomaşalary guramakda ussatlygy bilen dünýäde uly meşhurlyk gazanan «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparynyň çykyşlarynyň dünýä çempionatynyň gatnaşyjylarynda we myhmanlarynda ýatdan çykmajak täsirleri galdyrjakdygyna şübhe ýok. Ynsan bilen bedewiň özara düşünişmegini hakyky sungat derejesine çykaran toparymyzyň ençeme halkara bäsleşiklerde abraýly baýraklara mynasyp bolmagy, şeýle hem dürli forumlara we sport ýaryşlaryna gatnaşmak üçin ýurdumyza gelýän myhmanlaryň türkmen jigitleriniň at üstünde fizikanyň kanunlaryna we Ýeriň dartyş güýjüne boýun egmeýän hereketleri ussatlyk bilen ýerine ýetirişlerine haýran galmak bilen tomaşa edip, her pursady göýä taryhy waka ýaly wideoşekillere geçirişlerini göreniňde, milli gymmatlygymyza buýsanjyň has-da artýar. «Pilbergen» atçylyk-sport toplumyndaky dabaralaryň hut şeýle ruhubelentlikde geçirilip, dünýäniň milli atçylyk sirk sungatymyzyň öňünde ýene bir gezek baş egjekdigini aýdyp bileris. * * * Behişdi bedewler — halkymyzyň buýsanjy hem-de mertebesi. Milli gymmatlyklarymyzdan ylham alyp, maksatlarymyzyň myrada gowuşýan, okgunly ösüşlerimiziň rowaçlanýan ýylynyň tylla güýzüniň ajaýyp günlerinde türkmen bedewleri bütin dünýäniň nazarynda. Nesip bolsa, ýene sanlyja günden badalga aljak ahalteke atlarynyň arasynda atly sport we gözellik bäsleşiginiň dünýä çempionatynyň üstünlikli geçirilmegi Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň daşyna jebisleşen halkymyzyň milli gymmatlyklaryny we şöhratly geçmişini sarpalap, döwür bilen deň gadam urýandygyny, bagtyýar durmuşda ýaşaýandygyny we beýik geljege bedew bady bilen barýandygyny görkezer. Ahmet GELDIÝEW, «Watan».
Köňül kelamy
Men mekdepde okaýan döwrümde ýurdumyzda geçirilýän dürli bäsleşiklere gatnaşdym. Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň «Altyn asyryň altyn zehinleri» atly ylmytaslama, döredijilik bäsleşiginde 2024nji we 2026njy ýyllarda biologiýa dersi boýunça 2nji orna mynasyp boldum. Mekdepde okaýan döwrümde biologiýa dersi bilen içgin gyzyklanyp, bu ders boýunça dürli okuw we ylmy edebiýatlary yzygiderli öwrendim. Gahryman Arkadagymyzyň «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly köp jiltli ylmyensiklopedik kitaplary ýurdumyzyň dermanlyk ösümliklerini öwrenmekde gymmatly ylmy gollanma bolup durýar. Bu kitaby okamak, öwrenmek bilen, mende ýurdumyzyň ösümlik dünýäsine söýgi döredi. Şonuň üçin biologiýa dersine bolan höwes yzygiderli artdy. Arzuwsyz adam bolmaz diýlişi ýaly, men Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň talyby bolmagy arzuw edýärdim. «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly atmyradyň mekany» ýyly meniň üçin ýatdan çykmajak ýyllaryň biri boldy. Maňa Magt ymg uly ady ndak y Tü rkmen döwlet uniwersitetiniň talyby bolmak bagty miýesser etdi. Ýaşlar üçin ähli mümkinçilikleri döredýän Gahryman Arkadagymyza we Arkadagly Gahryman Serdarymyza talyp ýüregimizden alkyşlarymyzy aýdýarys Güljemal Akyýewa Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň 1-nji ýyl talyby
Köňül kelamy
— Hormatly Prezidentimiziň parasatly baş tutanlygynda ösüşlere beslenýän ýurdumyzda ýaşlaryň aýdyň geljegi üçin döwrebap mümkinçilikler döredilýär. Bilim ulgamynda amala aşyrylýan uly özgertmeler, ýetilen belent sepgitler bagtyýar ýaşlary uly üstünliklere, bilim öwrenmäge ruhlandyrýar. Munuň özi halkymyzyň maddy we durmuş üpjünçiligini gowulandyrmak barada edilýän aladalaryň, bagtyýar ýaşlar üçin döredilýän uly mümkinçilikleriň aýdyň beýanydyr. Bularyň hemmesi ýaşlara okamaga, öwrenmäge, döretmäge uly güýçkuwwat berýär. «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan bedew batly atmyradyň mekany» ýylynda maňaÝagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň bagtyýar talyby bolmak bagty miýesser etdi. Men 2024nji ýylda Malaýziýada geçirilen 6njy Bütindünýä innowasiýa bäsleşigine gatnaşyp, informatika dersi boýunça II orna mynasyp boldum. 2024nji ýylda rus dili dersi boýunça geçirilen halkara onlaýn olimpiadasynda I orna, 2025nji ýylda UNIPO tarapyndan geçirilen halkara bäsleşigine gatnaşyp I orna, 2026njy ýylda iňlis dili dersi boýunça geçirilen halkara onlaýn olimpiadasynda I orna mynasyp boldum. Ýaşlykda eden arzuwlarym hasyl boldy. Men öz saýlap alan hünärimiň eýesi bolmak üçin ähli başarnygymy gaýgyrmaryn. Ýaşlara şeýle ajaýyp mümkinçilikleri döredýän Gahryman Arkadagymyza hemde Arkadagly Gahryman Serdarymyza tüýs ýürekden buýsanjymyzy beýan edýäris. Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag bolsun, beýik işleri üstünliklere beslensin! Raşit Hezretow Ýagşygeldi kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň 1-nji ýyl talyby
Köňül kelamy
Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň saýasynda «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly atmyradyň mekany» ýylynda meniň durmuşymda iň uly arzuwym hasyl boldy. Maňa Türkmen döwlet medeniýet institutynyň muzeý öwreniş hemde medeni we tebigy miras ýadygärliklerini goramak hünäriniň talyby bolmak bagty miýesser etdi. Çagalygymdan bäri çeper eserleri uly gyzyklanma bilen okap, ýurdumyzyň çägindäki asyrlara şaýat bolup oturan ýadygärlikleriň taryhyny, milli medeni we edebi mirasymyzy öwrenýärin. Häzirki ajaýyp döwrümizde Watanymyzda ylmabilime, medeniýete we sungata höwesli ýaşlar üçin ähli mümkinçilikler döredilýär. Şeýle bagtyýar, eşretli zamanada bilim öwrenip, ata Watanymyzyň şöhratly ösüşlerine, üstünliklerine mynasyp goşant goşmak egsilmez bagtdyr. Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýaşlara bildirýän ynamy bizi täzetäze üstünliklere, belent maksatlara ruhlandyrýar. Ýaşlaryň nurana geljegi ugrunda taýsyz tagallalary edýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun! Ogulşeker Hajymämmedowa Türkmen döwlet mediniýet inistitutynyň 1-nji ýyl talyby
Köňül kelamy
«Garaşsyz,baky Bitarap Türkmenistan— bedew batly atmyradyň mekany» ýylynda paýtagtymyzdaky Döwletliler köşgüni tamamlap, ýurdumyzyň baýry ýokary okuw mekdebiniň — S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň talyby boldum. Men şu ýyl täze açylan oba hojalyk ekinleriniň genetikasy, seleksiýasy we tohumçylygy hünärini saýladym. Täze hünär boýunça biz molekulýar derejede genleriň täsirini öwrenmek bilen, alamatlary we häsiýetleri gerek ugra dolandyrmagy öwreneris. Genetikanyň inçe syrlaryny, gen inženerçiligi usuly bilen olaryň hasyllylyga, önümiň hiline, tebigatyň amatsyz şertlerine durnuklylygyna täsirlerini özleşdireris. Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda durmuşa geçirilýän giň gerimli özgertmelere jogap edip, geljekde oňat okap, ýokary taýýarlykly hünärmenler bolup ýetişeris. Döwlet Baştutanymyzyň alyp barýan giň gerimli bilim özgertmeleriniň geljekde hem uly rowaçlyklara beslenmegini arzuw edýäris. Abdulla Atajanow S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň 1-nji ýyl talyby
Türkmenistanyň bilim ulgamy: ösüşiň we rowaçlygyň strategik binýady
Belent mertebeli Gahryman Prezidentimiziň «Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!» diýen baş ýörelgesi, türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň «Döwlet adam üçindir!» diýen şygary Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe dillerimiziň senasyna, köňüllerimiziň owazyna öwrülip, bagtyýarlygyň aýdymy hem-de berkararlygyň mukamy bolup belentden ýaňlanýar. Döwlet Baştutanymyzyň hem-de Milli Liderimiziň il-ýurt bähbitli, umumadamzat ähmiýetli beýik işleriniň netijesinde Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan berkararlygyň we bagtyýarlygyň ýurduna öwrüldi. Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň barha golaýlaýan şanly 35 ýyllyk toýy ýurdumyzyň at-abraýyny, şan-şöhratyny äleme ýaýýar. Taryhy döwürde her bir raýatyň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň ýokarlandyrylmagyna hem-de her bir pudagyň üýtgedilip guralmagyna gönükdirilen maksatnamalar üstünlikli amala aşyrylyp, bäsdeşlige ukyply ykdysadyýetiň berk binýatly milli nusgasy döredildi. Ösüşiň we rowaçlygyň strategik binýady hökmünde milli bilim ulgamynda giň gerimli özgertmeler barha rowaçlanýar. Kämilleşdirmäge we döwrebaplaşdyrmaga alnan ugur «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasy» esasynda döwletiň sarsmaz güýjüni hem kuwwatyny şöhlelendirýän gurluşyklaryň — häzirki zaman kompýuterleri, laboratoriýa enjamlary, interaktiw we multimedia tehnologiýalary bilen üpjün edilen döwrebap bilim ojaklarynyň gurluşyk işleri depginli dowam etdirildi. 2025-nji ýylyň 1-nji sentýabrynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň gatnaşmagynda Halkara senagatçylar we telekeçiler uniwersitetiniň binasy açylyp ulanmaga berildi. Şeýle hem şol gün Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň täze goşmaça okuw binasy, umumy ýaşaýyş jaýy, sport desgasy we aýlawly ýoluň ugrundaky «Täze kuwwat» binasy, umuman, sentýabr aýynyň dowamynda bolsa 7 sany orta mekdep, 9 sany çagalar bagy dabaraly açyldy. Üstümizdäki okuw ýylynyň birinji ýarymynda Aşgabat şäherinde Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk instituty, 2 sany orta mekdep, 1 sany çagalar bagy, Ahal welaýatynda 1 sany çagalar bagy, Balkan welaýatynda 2 sany orta mekdep we 2 sany çagalar bagy, Daşoguz welaýatynda 1 sany çagalar bagy, Lebap welaýatynda Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk instituty we 2 sany orta mekdep, Mary welaýatynda 1 sany orta mekdep açylyp ulanmaga berler. Milli Liderimiziň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň göwrümi we häzirki zaman tehnologik üpjünçiligi bilen deňi-taýy bolmadyk bilimler şäherçelerini döretmek baradaky başlangyçlaryndan ugur alnyp, Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň hem-de Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň täze binalar toplumlarynyň döwrebap okuw binalary, tejribehanalar, ylmy-barlag merkezleri, kitaphanalar, sport binalary we meýdançalary, Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň, Germaniýa Federatiw Respublikasynyň, Hytaý Halk Respublikasynyň, Ispaniýa Patyşalygynyň, Beýik Britaniýanyň, Italiýa Respublikasynyň, Türkiýe Respublikasynyň, Günorta Koreýanyň, Ýaponiýa döwletiniň öňdebaryjy öndürijileriniň oturdylýan bilim enjamlary talyp ýaşlaryň — geljekki ýokary bilimli hünärmenleriň halkara ölçeglerine laýyklykda bilim almaklaryny, şeýle hem professor-mugallymlaryň bilim işini has-da netijeli guramaklary üçin ähli amatly şertleri üpjün eder. Döwlet Baştutanymyzyň taryhy Karary bilen, üstümizdäki ýylda Aşgabat şäheriniň Büzmeýin etrabynda 2 sany her biri 720 orunlyk umumybilim berýän mekdebiň hem-de 320 orunlyk çagalar bagynyň gurluşygyna badalga berildi. Mekdebe çenli bilim we terbiýe Watanymyzyň geljegi hem-de dowamatymyz bolan ýaş nesiller hakynda döwlet derejesinde alada edilip, geçen okuw ýylynda mekdebe çenli bilim edaralarynda ýaş nesle berilýän bilimiň we terbiýäniň ýokary döwrebaplygynyň gazanylmagyna uly ähmiýet berildi. Çagalar baglarynda körpelere ilkinji düşünjeler berildi, başarnyklaryň we endikleriň kemala getirilmegine gönükdirilen bilim işi terbiýe bermek bilen utgaşyklykda alnyp baryldy. Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy bilen bilelikde saglygy sebäpli mümkinçiligi çäkli çagalar bilen alnyp barylýan işleriň kämilleşdirilmegi babatynda zerur işler alnyp baryldy. Inklýuziw bilim boýunça ylmy-usuly we okuw-usuly gollanmalar taýýarlanyldy. Maşgalanyň, çagalar bagynyň, mekdebiň bilelikdäki işleri has-da kämilleşdirildi. Mekdebe çenli çagalar edaralarynyň bilim işgärleriniň gatnaşmagynda Aşgabat, Arkadag şäher we welaýat, döwlet derejesinde «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» atly şygar bilen usuly-amaly maslahatlar geçirildi. 2026-njy ýylyň 19 — 22-nji awgusty aralygynda Aşgabat şäherinde geçirilen «Kids Expo: Ähli zat çagalar üçin» halkara sergi-ýarmarkasy eziz Watanymyzda ýaş nesillere, olaryň bagtyýar geljegine we döwrebap kämilleşmegine berilýän uly ähmiýetiň aýdyň subutnamasyna öwrüldi. Bu iri halkara çärede çagalar üçin harytlaryň we hyzmatlaryň görkezilişi bilen birlikde çagalaryň intellektual başarnyklary dabaralandyryldy. STEM — ylmy zolagy, robototehnika bäsleşikleri, dünýä dillerini öwrenmegiň döwrebap usullary, interaktiw oýunlar hem-de «Kids Expo-Chess Cup» halkara küşt ýaryşy çagalara egsilmez şatlyk duýgularyny paýlady. Okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmek 2025-2026-njy okuw ýylynda okatmagyň usulyýetini nazaryýet we tejribe taýdan kämilleşdirmek bilen bagly işlere uly orun berildi. Dünýä tejribesine laýyklykda, okuw kitaplaryny kämilleşdirmek boýunça işler dowam etdirildi, okuw-usuly toplumlar taýýarlandy. Orta mekdeplerde dersleri çuňlaşdyryp öwretmek, ýaşlary döredijilige höweslendirmek boýunça işlere uly orun berildi. Mekdep okuwçylarynyň arasynda geçirilen dürli görnüşli bäsleşikleriň gerimi giňeldilip, ýeňiji okuwçylar hem-de olaryň ylmy ýolbaşçylary, ýaş pedagogik işgärlere halypalyk edýän bilim işgärleri Hormat hatlary hem-de höweslendiriji baýraklar bilen sylaglanyldy. «PISA, TIMSS, PIRLS halkara bilim maksatnamalarynyň görkezijilerini milli bilim ulgamyna ornaşdyrmakda pedagogik işgärleriniň öňünde durýan wezipeler», «Innowasion tehnologiýalary ulanmak esasynda himiýa dersini okatmagyň hilini we netijeliligini ýokarlandyrmak» atly temalardan hünär kämilleşdiriş okuwlary guraldy. Okuwçylaryň matematika we tebigy dersler boýunça bilim derejelerini bahalandyrýan PISA, TIMSS, PIRLS ýaly halkara maksatnamalarynyň görkezijilerini bilim ulgamyna ornaşdyrmak boýunça işler alnyp baryldy. Ýaş nesle bilim bermekde döredijilikli işleýän, baý iş tejribeli, öňdebaryjy bilim işgärleriniň arasynda geçirilýän bäsleşiklerde tapawutlanan pedagogik işgärleriň gatnaşmagynda halypa mugallymlaryň iş tejribesini ýaýratmak maksady bilen, «Salam, mugallym!» atly telegepleşikler ýazgy edildi. Bagtyýar çagalygyň joşgunly günleri Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary bilen ýurdumyzyň çagalarynyň bagtyýar durmuşda ýaşamagy, Gökderede we «Awaza» milli syýahatçylyk zolagyndaky, şeýle hem welaýatlardaky çagalar dynç alyş we sagaldyş merkezlerinde mynasyp dynç alyp, wagtlaryny şadyýan, peýdaly geçirmekleri üçin ähli şertler döredildi. 2026-njy ýylyň tomusky dynç alyş möwsüminde Gökderedäki, «Awaza» milli syýahatçylyk zolagyndaky, welaýatlardaky merkezlerde çagalaryň müňlerçesi guramaçylykly dynç aldy. Çagalaryň arasynda sportuň görnüşleri hem-de hereketli türkmen milli oýunlary boýunça ýaryşlar, daşary ýurt dilleri, kompýuter sowatlylygy, şekillendiriş sungaty, aýdym-saz boýunça öwrediji okuwlar geçirildi. «Kim çalasyn?», «Surat çekesim gelýär», «Bilesim gelýär» atly bäsleşikler teleýazgy edilip, bular çagalaryň we ýetginjekleriň söýgüli gepleşiklerine öwrüldi. Halypa ýazyjy-şahyrlar, sahna ussatlary, halyçy zenanlar bilen duşuşyklar guralyp, ýaş nesliň döredijilik we zähmet başarnyklarynyň ösdürilmegine uly orun berildi. Aşgabat şäherindäki Konstitusiýa, Garaşsyzlyk, Arkadag binalaryna, Janly tebigatyň milli muzeýine, Arkadag seýilgähine, «Aşgabat» medeni-dynç alyş seýilgähine, «Ylham» seýilgähine, «Halk hakydasy» ýadygärlikler toplumyna, Arkadag şäheriniň gözel ýerlerine, «Awaza» akwaparklar toplumyna, «Awaza» emeli derýasyna we seýilgählere, taryhy hem-de tebigy ýadygärliklere gezelençler guralyp, ýaşlarda watansöýüjilik duýgusyny terbiýelemekde ähmiýetli çärelere öwrüldi. Köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde çagalaryň dynç alyşlarynyň guralyşy yzygiderli teswirlendi. Hünär biliminiň ösüşi 2025-2026-njy okuw ýylynda bilim işiniň möhüm ugry hökmünde: hünär tarapdan gyzlara haly we mata dokamagyň, keçe basmagyň, keşde gaýamagyň, egin-eşik, kürte, don, tahýa tikmegiň, ellik, jorap örmegiň, oglanlara zergärçiligiň, demirçiligiň, agaç ussaçylygyň, küýzegärligiň, şaý-sepleri we esbaplary, dutar, gyjak, tüýdük, gopuz ýaly halk saz gurallaryny ýasamagyň, göni, ýüňi gaýtadan işlemegiň, kärizleri, guýulary, ýaplary gazmagyň, howuzlary, bentleri gurmagyň özboluşly usullary, däpleri we tilsimleri baradaky maglumatlary häzirki döwrüň hünär we usul dürlüligi bilen sazlaşdyryp öwredildi; okuwçy gyzlarda görnükli zenan şahsyýetleriň, şeýle hem hormatly Prezidentimiziň mähriban enesi Ogulabat Berdimuhamedowanyň we mähriban käbesi Ogulgerek Berdimuhamedowanyň nusgalyk hyzmatlarynyň mysalynda ahlak we maşgala ýörelgeleri baradaky düşünjeleri baýlaşdyryldy; türkmen halkynyň müňýyllyklaryň dowamynda kemala gelen paýhas mirasyna, watansöýüjiligine we ynsanperwerligine esaslanan durmuş ýörelgeleri, asylly milli häsiýetleri barada ulgamlaşdyrylan bilimler öwredildi. 2025-2026-njy okuw ýylynyň ikinji ýarymynda ýokary okuw mekdepleri tarapyndan ýokary synp okuwçylary üçin informatika, matematika, fizika, himiýa, biologiýa, häzirki zaman kompýuter tehnologiýalary, geografiýa, türkmen, iňlis, rus, fransuz, nemes dilleri, jemgyýeti öwreniş, Türkmenistanyň taryhy, beden taýýarlygy we sport görnüşleri dersleri boýunça ders bäsleşikleriniň 20-den gowragy geçirildi. Hünäre ugrukdyryş çärelerinde ýokary we orta hünär bilim edaralarynda taýýarlygyň ugurlary, hünärler, okuw binalary, tejribehanalar, kitaphana, okalga zallary we talyplaryň sport bilen meşgullanmaklary üçin gurlan sport toplumlary, talyplaryň alyp barýan ylmy-döredijilik taslamalary, gatnaşýan bäsleşikleri, hereket edýän ylmy gurnaklary barada giňişleýin maglumatlar berildi. Milli we watançylyk terbiýesi 2025-2026-njy okuw ýylynda ýurdumyzyň bilim edaralarynda okuw-usuly maslahatlar, ylmy-döredijilik bäsleşikleri, göreldeli sapaklar, edebi agşamlar, sergiler, muzeýlere hem-de medeni-taryhy ýadygärliklere gezelençler giňden ýaýbaňlandyrylyp, ýaş nesilde watansöýüjiligi terbiýelemäge uly orun berildi. Alymlar, professor-mugallymlar tarapyndan ýurdumyzyň gadymy, orta asyrlar, Garaşsyzlyk hem-de Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň taryhy boýunça ylmy-barlaglar ýerine ýetirilip, monografiýalarda, makalalar ýygyndylarynda, okuw kitaplarydyr gollanmalarynda Türkmenistanyň taryhynyň we medeniýetiniň dünýä siwilizasiýasynyň ulgamynda tutýan mynasyp orny açylyp görkezildi. Gazet-žurnallarda makalalar neşir edildi, teleradioýaýlymlarda söhbetdeşlikler, tematiki gepleşikler ýazgy edilip, ýaşlaryň bilimleriniň artdyrylmagyna ýardam berildi. Ýaşlaryň gözýetimleriniň giňemeginde kitabyň ähmiýetiniň uludygy nazara alnyp, bilim edaralarynda, şeýle hem edara-kärhanalarda zähmet çekýän ýaşlaryň arasynda kitap okamak bilen bagly çäreler, ýazyjy-şahyrlaryň ömri we döredijiligine, ýurdumyzyň taryhyna, şanly wakalara bagyşlanan kitap sergileri, ylym we döredijilik wekilleri bilen söhbetdeşlikler, çeper okaýyşlar, kitap okamak, kitabyň many-mazmunyny beýan etmek we pikir alyşmak, kitaplar esasynda düzme ýazmak, surat çekmek ýaly dürli bäsleşikler, kitap şüweleňleri geçirildi. Ýaşlaryň üstünligi — Watanyň şöhraty Gahryman Arkadagymyzyň: «Durmuşyň manysy öwrenmekdedir. Öwrenmek ýaşaýşy aňladýar. Manyly ýaşamagyň açary hem öwrenmekde. Goý, ömür menzilleriňize öwrenilip, maňzyna ýetilen aýdyňlygyň nury ýagty saçsyn! Öwrenmek bilen dünýäniň gözelligini görüň! Ýaşaň we ajaýyplyklary dörediň!» diýen parasatly nesihatlaryna eýerýän ýurdumyzyň mekdep okuwçylary hem-de talyp ýaşlary halkara bilim bäsleşiklerine işjeň gatnaşýarlar. 2026-njy ýylyň ýanwar-awgust aýlarynda mekdep okuwçylary halkara ders bäsleşiklerinde 13 altyn, 30 kümüş, 51 bürünç medal, halkara internet bäsleşiklerinde 268 altyn, 185 kümüş, 112 bürünç medallaryna, şonuň ýaly-da, «Erudit», «Metaşkola», «Gün şöhlesi», «Bilim wagty», «Bilim çeşmesi» atly internet-onlaýn ders bäsleşiklerine gatnaşyp, dürli derejeli diplomlaryň 5816-syna mynasyp boldular. Talyp ýaşlar bolsa 2025-2026-njy okuw ýylynda halkara ders bäsleşiklerinde we olimpiadalarynda jemi 826, şol sanda 142 altyn, 261 kümüş, 423 bürünç medallaryny gazandylar, baýrakly orunlaryň 897-sine mynasyp boldular. 2026-njy ýylyň 8 — 13-nji apreli aralygynda Aşgabat şäherinde mekdep okuwçylarynyň arasynda III halkara matematika olimpiadasy geçirildi. Bu olimpiadada ýurdumyzyň mekdep okuwçylary üstünlikli çykyş edip, jemi 29, şol sanda 6 altyn, 10 kümüş, 13 bürünç medal gazandylar. Daşary ýurtlaryň köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde hem-de Internet sahypalarynda Aşgabat şäherinde geçirilen mekdep okuwçylarynyň III halkara matematika olimpiadasy dostlukly gatnaşyklary giňeltmek we berkitmek, bilimleri alyşmak üçin meýdança hökmünde şöhlelendirildi. 2025-2026-njy okuw ýylynda ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleri tarapyndan ykdysadyýet, makroykdysadyýet, dünýä ykdysadyýeti, maliýe, filosofiýa, ekologiýa, iňlis dili, nazary mehanika, materiallaryň garşylygy, çyzuwly geometriýa we inžener grafikasy, himiýa, biologiýa, informatika, matematika dersleri boýunça halkara olimpiadalaryň, şeýle hem halkara ylmy-amaly maslahatlarynyň 42-si geçirildi. Ýokary derejede geçirilen bu halkara maslahatlar we bilim bäsleşikleri türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Türkmenistanyň Prezidenti Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň bilim arkaly halkara hyzmatdaşlygynyň täze mümkinçilikleri baradaky taglymatlaryny Ýer ýüzüne giňden ýaýýar. Hormatly Prezidentimiziň gatnaşmagynda 2025-nji ýylyň 15-nji dekabrynda Aşgabat şäherindäki Olimpiýa şäherçesiniň Başa-baş söweş sungaty sport toplumynda halkara sport ýaryşlarynda we ders bäsleşiklerinde baýrakly orunlara mynasyp bolan ýurdumyzyň ýaşlaryny, olaryň halypa mugallymlaryny hem-de tälimçilerini sylaglamak dabarasy ýaşlary täze, has belent maksatlara galkyndyrýan şanly waka öwrüldi. Ýokary hünär bilimini ösdürmek 2025-nji ýylyň 17-nji oktýabrynda hormatly Prezidentimiziň degişli Karary bilen, «Türkmenistanda ýokary hünär bilimini ösdürmegiň 2026 — 2052-nji ýyllar üçin strategiýasy» hem-de «Türkmenistanda ýokary hünär bilimini ösdürmegiň 2026 — 2052-nji ýyllar üçin strategiýasyny amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň 2026 — 2030-njy ýyllar üçin Meýilnamasy» tassyklanyldy. Strategiýany durmuşa geçirmegiň çäklerinde: ýokary hünär bilimi ulgamynyň kadalaşdyryjy hukuk namalaryny kämilleşdirmek boýunça işler alnyp baryldy; Türkmenistanyň Bilim ministrligi tarapyndan «Geljegiň hünärleriniň atlasy» taýýarlanyp, bu gollanma 2026-njy ýylyň fewralynda Türkmen döwlet neşirýat gullugy tarapyndan neşir edildi; «Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleriniň reýting bahalandyrmasy hakynda Düzgünnama» kämilleşdirilip, rejelenen görnüşi tassyklandy. Häzirki wagtda reýting görkezijiler baradaky maglumatlar bellenen möhletlerde rating.sanlybilim.online sanly portalyna ýüklenilýär. Hormatly Prezidentimiziň Karary bilen tassyklanan «Bilim işiniň döwlet akkreditasiýasy hakynda Düzgünnama» laýyklykda, umumy orta bilim derejesiniň doly orta bilim maksatnamasy boýunça 2 sany orta mekdebe, orta hünär bilimi derejesiniň ykdysadyýet we sanly maglumat tehnologiýalary hem-de başlangyç synplarda okatmak hünärleriniň maksatnamalary boýunça 2 sany orta hünär okuw mekdebe, ýokary hünär bilimi derejesiniň awtomatlaşdyrylan ulgamlaryň maglumat howpsuzlygynyň toplumlaýyn üpjünçiligi hem-de radioaragatnaşyk, radioýaýlym we telewideniýe hünärleriniň maksatnamalary boýunça 2 sany ýokary okuw mekdebe Döwlet akkreditasiýasy hakynda şahadatnamalar gowşuryldy. Ýokary okuw mekdeplerinde hem-de olaryň binýadynda döredilen ylmy-tehnologik, ylmy-kliniki, ylmy-taslama, ylmy-önümçilik merkezlerinde ylmyň ileri tutulýan ugurlary boýunça meýilnamalaýyn işler alnyp baryldy. 2026-njy ýylyň I ýarymynda ylmy-barlag işleriniň netijeleri üçin milli derejeli şahadatnamalaryň 320 sanysy alyndy. Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetinde Türkmen-Hytaý energetika okuw merkezi döredildi hem-de «Türkmenistandaky Lu Ban ussahanasy», Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetinde Adaty däl hytaý lukmançylygy otagy açyldy. Sanly bilim 2025-2026-njy okuw ýylynda: internet tory we sanly platformalar arkaly bilimiň elýeterliliginiň artdyrylmagyna; öňdebaryjy tejribeler esasynda okuwçy we talyp ýaşlaryň maglumat-kommunikasiýa tehnologiýalary, programmalaşdyrmak we kiberhowpsuzlyk baradaky düşünjeleriniň hem-de başarnyklarynyň ösdürilmegine; multimedia enjamlaryny, wirtual (VR) we giňeldilen (AR) hakykat tehnologiýalaryny bilim işine ornaşdyrmak arkaly interaktiw okuw görnüşleriniň kämilleşdirilmegine hem-de innowasion bilim modelleriniň döredilmegine gönükdirilen işler alnyp baryldy. Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň Innowasiýa maglumat merkezi tarapyndan «Sanly bilim» platformasy, «Men talyp», «Hasabat», «e-Mekdep» we «e-Bakja» ulgamlary, «Ukyply» açyk bilim portaly döredilip, häzirki wagtda dürli bilim hyzmatlary hödürlenýär. Ýokary okuw mekdeplerinde «Filologiýanyň meseleleri», «Innowasiýa ykdysadyýeti we durnukly ösüş», «Lukmançylyk ylmy we innowasiýalar», «Ylmy barlaglar we innowasiýalar», «Türkmenistanda agroinnowasiýa» atly elektron žurnallary döredildi. Sanly ulgam arkaly maslahatlar, seminarlar, okuwlar, dürli bäsleşikler geçirilip, innowasion taslama bäsleşiklerine alymlar, talyplar we mekdep okuwçylary işjeň gatnaşdylar. Bu işler bilen ugurdaşlykda mekdep okuwçylarynyň maşgala, mekdep, jemgyýet bilen birlikde sanly gurşaw gatnaşyklaryndaky ornuny pugtalandyrmaga, internet torunyň we emeli intellektiň ösüşi bilen bagly maglumatlary kabul etmek, seljermek, deňeşdirmek we dogry netije çykaryp bilmek, wagty dolandyrmak ukyplaryny hem-de pikirleniş işjeňligini ösdürmäge, sanly gurşawda şahsy howpsuzlyk, psihologik durnuklylyk, sanly medeniýet bilen bagly düşünjeleri kemala getirmäge hem uly orun berildi. Halkara reýtinglerine goşulmak Ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň abraýly halkara reýtingleriniň sanawyna goşulmagy babatda alnyp barylýan çäreleriň çäklerinde Halkara senagatçylar we telekeçiler uniwersiteti Indoneziýanyň «Universitas Indonesia (UI)» uniwersiteti tarapyndan her ýylda düzülýän «UI Green Metric» atly dünýä uniwersitetleriniň halkara sanawyna goşulyp, 2025-nji ýylyň netijeleri boýunça dünýäniň 1745 sany iň durnukly ýokary okuw mekdepleriniň hatarynda 1103-nji orny eýeledi. Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersiteti Aziýa sebitinde ýokary bilim babatda ýokary üstünlikler üçin gowşurylýan abraýly halkara baýraklarynyň biri bolan «THE Awards Asia 2026» bäsleşiginiň gysga sanawyna, ýagny iň gowy uniwersitetleriň sekizligine «Ýylyň STEM ylmy-taslamasy» ugry boýunça saýlandy. Halkara hyzmatdaşlygy «Bitarap Türkmenistanyň daşary syýasat ugrunyň 2022 — 2028-nji ýyllar üçin Konsepsiýasyna» laýyklykda, Birleşen Milletler Guramasynyň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça guramasy — ÝUNESKO bilen bilim babatda gatnaşyklaryň yzygiderli pugtalandyrylmagyna aýratyn ähmiýet berildi. «ÝUNESKO-nyň Bilim ulgamynda maglumat tehnologiýalary boýunça instituty bilen Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň arasynda hyzmatdaşlyk etmegiň 2026 — 2028-nji ýyllar üçin Ýol kartasy» esasynda bilimi sanlylaşdyrmak boýunça bilelikdäki işler alnyp baryldy, mugallymlaryň hünär kämilleşdiriş taýýarlygynyň hilini ýokarlandyrmak ugurlary boýunça işler ýerine ýetirildi. Ýurdumyzyň umumybilim berýän edaralarynyň 7-si, şol sanda Aşgabat şäherindäki daşary ýurt dilleri çuňlaşdyrylyp öwredilýän ýöriteleşdirilen 29-njy orta mekdep, Arkadag şäherindäki iňlis dili dersine ýöriteleşdirilen 2-nji orta mekdep, Ak bugdaý etrabyndaky takyk ugurly we iňlis dili okuw derslerini çuňlaşdyryp öwredýän ýöriteleşdirilen 45-nji orta mekdep, Balkanabat şäherindäki iňlis dili dersine ýöriteleşdirilen 25-nji orta mekdep, Daşoguz şäherindäki ýöriteleşdirilen 25-nji orta mekdep, Mary şäherindäki maglumat tehnologiýalary, programmirlemek we kiberhowpsuzlyk ugruna ýöriteleşdirilen 28-nji orta mekdep, Türkmenabat şäherindäki daşary ýurt dillerine ýöriteleşdirilen 20-nji orta mekdep ÝUNESKO-nyň Assosirlenen mekdepler toruna girizildi. Birleşen Milletler Guramasynyň Çagalar gaznasynyň Türkmenistandaky wekilhanasy bilen hyzmatdaşlykda Aşgabat şäherinden 3 sany umumybilim edarasy hem-de 3 sany çagalar bagy, her welaýatdan 2 sany umumybilim edarasy hem-de 2 sany çagalar bagy inklýuziw bilimi ornaşdyrylýan bilim edaralarynyň sanawyna goşuldy. 2026-njy ýylyň iýul aýynyň 16 — 31-i aralygynda ýurdumyzyň welaýatlarynda ýaşlar baradaky döwlet syýasatyny durmuşa geçirmek bilen baglylykda, Birleşen Milletler Guramasynyň Ilat gaznasynyň ýurdumyzdaky wekilhanasy tarapyndan ýaş meýletinçileri işjeňleşdirmek boýunça okuw maslahatlary guraldy. Bu döwürde özara tejribe alyşmak we hünär taýýarlygyny ýokarlandyrmak üçin bilim ulgamyndan jemi 744 wekil daşary ýurt döwletleriniň 28-sine ugradyldy. Abraýly ýokary okuw mekdepleri, diplomatik wekilhanalar bilen duşuşyklaryň, maslahatlaryň, okuw sapaklarynyň, ylmy maslahatlaryň 533-si geçirildi. Halkara bilim hyzmatdaşlygynyň ýaýrawynyň giňeldilýändiginiň aýdyň subutnamasy hökmünde 30 sany resminama, şol sanda 2 sany Iş meýilnamasyna, 5 sany Ylalaşyga, 3 sany Çarçuwaly ylalaşyga, 20 sany Ähtnama gol çekildi. Täze okuw ýylynda öňde durýan wezipeler 2026-njy ýylyň 1-nji sentýabrynda ýurdumyzyň ähli bilim edaralarynda 2026-2027-nji täze okuw ýylynyň başlanýandygyny alamatlandyrýan ilkinji jaň sesleri belentden ýaňlanar. Ilkinji okuw gününde ajaýyp sowgat hökmünde täze bilim edaralary dabaraly açylar. Ähli bilim edaralarynda «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» atly şygar astynda dabaraly baýramçylyk nyzamlar we hormatly Prezidentimiziň durmuşa geçirýän giň gerimli işleriniň many-mazmunyna bagyşlanan ilkinji okuw sapaklary geçiriler. 1-nji synpa gadam basjak okuwçylara hormatly Prezidentimiziň hem-de Gahryman Arkadagymyzyň adyndan milli önüm bolan «Bilimli» atly kompýuterler dabaraly gowşurylar. Bu dabaralar ýatdan çykmajak ýakymly duýgulary paýlar hem-de ýurdumyzyň milli bilim ulgamynda ägirt uly üstünlikleriň gazanylandygyny alamatlandyrýan wakalar hökmünde taryha girer. Täze okuw ýylynda körpeleriň döredijilikli we logiki pikirlenme endikleri, sözleýiş ukyby hem-de baý dil gory interaktiw usullar, akyl oýunlary arkaly ösdüriler. Okuw sapaklarynyň täsirliligini we netijeliligini ýokarlandyrmak üçin okuw-görkezme esbaplary, innowasion tehnologiýa enjamlary bilim işinde giňden peýdalanylar. Ilkinji okuw sapagynda 1-nji synpa barýan okuwçylaryň ýadynda hemişelik galmagy üçin «Bilimli» atly noutbuklaryň içindäki okuw programmalary, elektron oýunlary ulanmagyň ilkinji ädimleri körpelere gyzykly görnüşde görkeziler. Milli pedagogiki mirasymyza daýanylar. Milli köklerimize daýanmak bilen dünýäniň öňdebaryjy bilim tejribesini özleşdirmek, bilim bilen terbiýäniň bitewüligini üpjün etmek, mugallymyň döredijilik mümkinçiliklerini giňeltmek, zehinli ýaşlary ýüze çykarmak, ylma we innowasiýalara höweslendirmek, sanly we emeli aň tehnologiýalaryndan maksadalaýyk peýdalanmak ýaly ugurlar boýunça işler täze mazmun bilen dowam etdiriler. Milli mazmunly döwrebap bilim dünýäniň öňdebaryjy tejribesini taryh, dil, milli medeniýet, edep-terbiýe bilen sazlaşdyrar. Emeli aň we sanly bilim tehnologiýalary mugallymyň ornuny tutýan serişde däl-de, okatmagyň hilini ýokarlandyrýan gural hökmünde peýdalanylar. Bilim edaralarynda sanly sowatlylygy hem-de sanly edepliligi ýokarlandyrmak, emeli intellektiň mümkinçiliklerinden howpsuz, maksatly we netijeli peýdalanmagyň medeniýetini kemala getirmek boýunça ýörite okuwlar we usulyýet maslahatlary guralar. Hünär bilimi bilen zähmet bazarynyň arabaglanyşygy — iş berijiler bilen okuw mekdepleriniň hyzmatdaşlygy güýçlendiriler. «Geljegiň hünärleriniň atlasy» boýunça hünärlere ugrukdyryş çäreleri geçiriler. Ders, bilim, zehin, intellektual, sport, startap, hakaton bäsleşikleri arkaly mekdep okuwçylarynyň we talyp ýaşlaryň altyn gaznasy kemala getiriler. Ýokary okuw mekdeplerini diňe hünärmen taýýarlaýan däl, eýsem, ýaşlaryň intellektual gory bilen täze bilim we tehnologiýa döredýän merkezlere öwürmek barada işler alnyp barlar. Okuw kitaplaryny döwrebaplaşdyrmak, olaryň mazmunyny, gurluşyny we tehnologik mümkinçiliklerini häzirki zamanyň talaplaryna laýyk getirmek üçin zerur işler alnyp barlar. Hünärmenleriň hünär derejelerine, bilimlerine, başarnyklaryna we endiklerine orta we uzak möhletlerde boljak zerurlyklary çaklamak arkaly okuw meýilnamalaryny we maksatnamalaryny kämilleşdirmek boýunça degişli işler geçiriler. Okatmagyň we terbiýe bermegiň hilini, aýratyn hem, mugallymlaryň hünär taýýarlygyny tapgyrlaýyn ýokarlandyrmak babatda ulgamlaýyn işler dowam etdiriler. Ýaşlar barada döwlet syýasatyny amala aşyrmak boýunça hem maksatnamalaýyn işler dowam etdiriler. Ylym-bilim dünýäsine çuňdan aralaşyp, ajaýyp üstünlikleri gazanýan okuwçylarymyzyň, talyplarymyzyň, ýaş alymlarymyzyň, ussatlygyň ajaýyp nusgasyny görkezip, döwletimiziň sport abraýyny ýokarlandyrýan türgenlerimiziň, milli medeniýetimizi we sungatymyzy ösdürmek ugrundaky işlere, medeni çärelere, bäsleşiklere, sergilere işjeň gatnaşýan, döwrebap amaly-haşam we sungat eserlerini, çeper‚ dokumental we animasion filmleri döredýän ýaşlarymyzyň başlangyçlaryny goldamak, zehinlerini wagtynda ýüze çykarmak we höweslendirmek üns merkezinde bolar. Ýaşlarda «Men bu Watanyň geljegine nähili goşant goşup bilerin?» diýen jogapkärçilikli düşünjäni kemala getirmek bilim-terbiýe işiniň iň ýokary netijeleriniň biri bolar. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe gazanylýan üstünlikler milli bilim ulgamynyň dünýä ölçeglerine laýyklykda ösýändigine hem-de barha kämilleşýändigine aýdyň şaýatlyk edýär. Hormatly Prezidentimiziň hem-de Gahryman Arkadagymyzyň nusgalyk işleri netijesinde gazanylýan ajaýyp üstünlikler bilim ulgamynyň işgärlerini gujur-gaýratly zähmet çekmäge, geljegimiz bolan bagtyýar ýaşlarymyzy ylym-bilim öwrenmäge ruhlandyrýar. Türkmenistanyň Bilim ministrligi.
Milli demokratiýanyň ýörelgesi
Türkmen halky beýik ösüşlere buýsanyp, ajaýyp zamanada ýaşaýar. Ýurdumyzda bolup geçýän özgertmeler türkmen ykdysadyýetine, medeniýetine, sungatyna, edebiýatyna netijeli täsir edip, Türkmenistany ösen ýurtlaryň derejesine ýetirýär. Türkmen halky ýagşy ertirlere atarýan pederlerimiziň asylly ýörelgelerine eýerip, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisine uly ruhubelentlik bilen barýar. Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallalary netijesinde halkymyzyň asylly ýörelgeleri ösdürilýär, milli demokratiýamyz rowaçlanýar. Taryhda ata-babalarymyz hem geňeş edip, uly maslahat geçirip, il-ýurt bähbitli meseleleri maslahatlaşypdyrlar. Bu barada ata-babalarymyzdan galan nakyllarda, atalar sözlerinde aýdyň beýan edilýär. «Maslahatly biçilen don gysga bolmaz», «Ýedi ölçäp, bir kes» diýlen nakyllar hem türkmen halkynyň her bir işi maslahatly edýändigini aňladýar. Häzirki döwürde Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimiz özüniň demokratik, hukuk we dünýewi esasly gurluşyny barha berkidip, ýurtda milli demokratiýany, halk häkimiýetliligini barha giňden dabaralandyrýar. Muňa ýurdumyzda amala aşyrylýan beýik işler aýdyň şaýatlyk edýär. Ynha, 23-nji sentýabrda geçiriljek Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisi hem taryhy ähmiýetli wakalaryň biri bolar. Çünki bu ählumumy forum ýurdumyzyň ösüşlerini giňişleýin beýan edýär we aýdyň maksatlary, wezipeleri öňde goýýar. Şonuň netijesinde hem halkyň isleg-arzuwlary hasyl bolýar. Bu bolsa milli demokratiýanyň ýörelgeleriniň has-da rowaçlanýandygyny alamatlandyrýar. Geçmişimize ser salsak, Oguz han atamyzyň, Gorkut atanyň, Göroglynyň döwründe hem pederlerimiz maslahatly iş alyp barypdyrlar. Muňa «Gorkut ata», «Görogly» şadessanlaryny okanymyzda aýdyň göz ýetirýäris. Gorkut ata pähim-paýhasly şahsyýet bolupdyr. Toý tutjaklar, çaga at dakjaklar, sapara gitjekler Gorkut atamyzdan ak pata alypdyrlar. Gorkut ata döwründe ýigitler ata çykyp, ýurt gorap, şahandaz ýaşapdyrlar. Öz döwründe Döwletmämmet Azady, Magtymguly Pyragy hem halky agzybirlige çagyrypdyr. Türkmen halkynyň her bir işi maslahatly çözýändiginiň mysallary näçe diýseň bar. Häzirki döwürde ata-babalarymyzdan gelýän bu däp türkmen toýlarynda hem berjaý edilýär. Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllyk baýramynyň bellenilýän ýylynda ýurdumyzyň beýik ösüşlerini wasp etmek biziň her birimiz üçin buýsançdyr. Şeýle toýly günlerde Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisiniň geçiriljekdigi has-da buýsandyryjydyr. Bu bolsa ähli halkymyzy döredijilikli işlemäge ruhlandyrýar, ösüşlerimize bolan buýsanjyny goşalandyrýar. Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallalary netijesinde halk bähbitli beýik işler durmuşa geçirilip, ýurdumyz özgerýär, ösýär. Ynha, 23-nji sentýabrda geçiriljek Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisinde hem halkymyzyň eşretli durmuşda ýaşamagy üçin öňde durýan wezipeler ara alnyp maslahatlaşylar we oňyn çözgütler kabul ediler. Goý, türkmen halkymyza bagtyýarlyk ýar bolsun! Türkmen halkynyň toýlary toýlara ulaşsyn! Annadursun TATOWA, Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň uly mugallymy
Il-ýurt bähbitli işler
Halkymyzyň her bir işi geňeşli etmek ýörelgesi döwürleriň we nesilleriň aýrylmaz arabaglanyşygyny beýan edip, ata-babalarymyzyň köp asyrlaryň dowamynda toplan taryhy tejribesini özünde jemleýär. Syýasy-ykdysady oňyn çözgütler ilatyň giň gatlaklarynyň gatnaşmaklarynda, aýratyn-da, ýaşuly nesliň wekilleri bilen maslahatlaşylyp çözülipdir. Pederlerimizden dowam edip gelýän, agzybirligi, parahatçylygy, jebisligi, asudalygy ündeýän ýörelgelerimize eýerilipdir. Her ýylda geçirilýän Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisi bu gün ýurdumyzyň jemgyýetçilik gurluşynyň aýrylmaz bölegi bolup durýar. Munuň özi döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň meselelerini üstünlikli çözmekde netijeli häsiýete eýe bolýandygyny görkezýär. Mälim bolşy ýaly, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisinde döwlet durmuşyna degişli möhüm ugurlar maslahatlaşylýar. Ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň möhüm wezipeleri, mundan beýläkki ösüşlerimize badalga berjek işler esasy ugurlar bolup durýar. Şeýlelikde, bu möhüm jemgyýetçilik-syýasy waka Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyzda hormatly Prezidentimiziň hem-de Gahryman Arkadagymyzyň taýsyz tagallalary esasynda amala aşyrylýan durmuş-ykdysady syýasatyň dabaralanmagynda möhüm ähmiýete eýedir. Hezret TOGALAKOW, Bereket etrabyndaky 20-nji orta mekdebiň mugallymy.
Türkmenistanyň umumybilim edaralarynda «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ady bilen geçiriljek 2026-2027-nji okuw ýylynyň ilkinji okuw sapagyny guramak boýunça usuly maslahatla
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň beýik başlangyçlaryny üstünlikli dowam edýän hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimiz durnukly ösüşiň belent maksatlaryna ýetmäge tarap bedew bady bilen ynamly öňe barýar. Ýurdumyzyň ykdysady, durmuş-medeni taýdan dünýäniň iň ösen döwletlerine mahsus belent sepgitlere çykmagyna gönükdirilen giň gerimli döwlet we milli maksatnamalar üstünlikli amala aşyrylýar. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ata Watanymyzyň gülläp ösmegine, ykdysady kuwwatynyň has-da berkemegine, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertleriniň mundan beýläk-de ýokarlanmagyna gönükdirilen ägirt uly taslamalaryň, taryhy maksatnamalaryň ähmiýetini, ýurduň içeri we daşary syýasatyny, umumadamzat bähbitli halkara başlangyçlaryny giňden wagyz etmek hem-de dünýä ýaýmak, mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllygyny şöhratlandyrmak, raýatlarymyzyň watançylyk ruhuny belende götermek, ýaş nesli Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistana buýsanç, çäksiz söýgi hem-de wepalylyk ruhunda terbiýelemek maksady bilen, 2026-njy ýyl «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýip atlandyryldy. Häzirki ajaýyp döwürde ýurdumyzda Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallalary netijesinde atçylyk sportunyň dürli görnüşleri işjeň ösdürilýär. 2026-njy ýylyň ilkinji aýy şu ýylyň şygarynyň mazmunyna laýyk üstünliklere beslendi. «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparyna Monte-Karlo şäherinde geçirilen halkara sirk festiwalynda sirk sungatyna goşan uly goşandy üçin halkara şahadatnamalaryň gowşurylmagy munuň aýdyň mysalydyr. Bu üstünlikleriň ahalteke bedewleriniň halkara derejede ykrar edilmegi bilen baglanyşykly bolmagy halkymyzyň buýsanjyny artdyrdy. Şeýle hem 2026-njy ýylyň fewral aýynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz Amerikanyň Birleşen Ştatlaryna amala aşyran saparynyň çäklerinde ýurduň iň iri atçylyk merkezleriniň biri hasaplanýan «La Victoria» atçylyk toplumynda bolup, amerikan we türkmen atşynaslarynyň, atly sport görnüşiniň hünärmenleriniň arasyndaky özara gatnaşyklary giňeltmegiň ähmiýeti barada belledi. Mundan başga-da, Aşgabatda «Türkmen bedewi we dünýäniň seýisçilik sungaty» atly XVIII halkara ylmy-amaly maslahatyň geçirilmeginiň buýsandyryjy wakalar bolandygy barada ýaş nesle täsirli gürrüňler berilse maksadalaýyk bolardy. «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda halkymyzyň ahalteke bedewlerine çuňňur söýgüsi has äşgär ýüze çykýar. 2026-njy ýylyň sentýabr aýynda Niderlandlar Patyşalygynyň Kronenberg şäherinde ahalteke atlarynyň arasynda atly sport we gözellik bäsleşiginiň geçiriljekdigi munuň aýdyň şaýadydyr. Ylym-bilim ulgamyna döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri hökmünde garalmagy, bu ugurda netijeli işleriň alnyp barylmagy guwandyryjydyr. Belli bolşy ýaly, ylmyň ösüşi adamzat durmuşynyň ähli ugurlarynyň özgermegine esas bolýar. Ylym her birimiziň dünýägaraýşymyzy giňeldýär, akyl işjeňligimizi artdyrýar, dürli meseleleri dogry çözmäge ýardam edýär. Şol sebäpli ýurdumyzda ylym ulgamyny kämilleşdirmek we mundan beýläk-de ösdürmek işleri maksatnamalaýyn alnyp barylýar. Muny «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasy» aýdyň görkezýär. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe «Türkmenistanda umumybilim maksatnamalary boýunça okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmegiň 2028-nji ýyla çenli Konsepsiýasyny» durmuşa geçirmek, ýaşlarda il-günümize, Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimize bolan beýik buýsanjy we çuňňur söýgini ösdürmek maksady bilen, ýurdumyzyň umumybilim edaralarynda 2026-2027-nji okuw ýylynyň başlanmagy mynasybetli ilkinji okuw sapagy «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýen at bilen geçiriler. «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýen at bilen guraljak ilkinji okuw sapagynda Gahryman Arkadagymyzyň beýik başlangyçlaryny üstünlikli dowam edýän hormatly Prezidentimiziň başda durmagynda alnyp barylýan içeri we daşary syýasat, ýurdumyzda gazanylýan şanly ösüşler, öňde goýlan belent maksatlar, mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýylynyň dowamynda bolup geçen möhüm wakalar, yzygiderli gazanylýan üstünlikler we ýetilen belent sepgitler, bilim ulgamynda amala aşyrylýan giň gerimli özgertmeler, üstünlikli durmuşa geçirilýän «Türkmenistanda on iki ýyllyk umumy orta bilime geçmegiň Konsepsiýasy», «Türkmenistanda daşary ýurt dillerini okatmagy kämilleşdirmegiň Konsepsiýasy», «Türkmenistanda tebigy we takyk ylmy ugurlara degişli dersleri okatmagy kämilleşdirmegiň Konsepsiýasy», «Türkmenistanda umumybilim maksatnamalary boýunça okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmegiň 2028-nji ýyla çenli Konsepsiýasy», Türkmenistan Watanymyzyň beýik geljegini üpjün etmekde ylymly-bilimli, giň dünýägaraýyşly kämil nesliň öňünde durýan mukaddes borçlar dogrusynda çuňňur mazmunly, bilim-terbiýeçilik, wagyz-nesihat häsiýetli söhbetler guralmalydyr. Ilkinji okuw sapagynda «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda ýurdumyzda geçiriljek Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisiniň ähmiýeti aýratyn bellenilmelidir. Şeýle hem türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň mejlisindäki taryhy çykyşy hem-de şol mejlisde beren tabşyryklaryny durmuşa geçirmekde öňde durýan wezipeler dogrusynda täsirli söhbetlere orun berilmelidir. 2026-2027-nji okuw ýylynyň ilkinji okuw sapagynda Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň nusgalyk kitaplaryndan peýdalanylmalydyr. Hormatly Prezidentimiz «Ýaşlar — Watanyň daýanjy» atly ajaýyp kitabynda: «Eziz Diýarymyzyň ykdysady kuwwatyny artdyrmak, aň-bilim ösüşini üpjün etmek, syýasy-jemgyýetçilik durmuşyny kämilleşdirmek hem, ilkinji nobatda, şu nesilleriň taýýarlygyna baglydyr. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyz: «Islendik döwletiň kuwwaty diňe bir tebigy baýlyklary bilen däl-de, eýsem, ýetişdirip bilýän kämil nesilleri bilen kesgitlenilýär» diýmek bilen, innowasiýalaryň, häzirki zaman ylymlarynyň, nanotehnologiýalaryň, sanly ulgamyň adamzat jemgyýetini öňe alyp barýandygyny belleýär» diýen çuňňur many-mazmuna ýugrulan sözleri her bir türkmenistanlynyň hemişelik Bitarap Türkmenistana buýsanjyny, söýgüsini we Watana wepalylygyny has-da ösdürýär. Häzirki ajaýyp döwrümizde watansöýüji, çuňňur bilimli, ylymly nesiller kemala gelýär. «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip yglan edilen 2026-njy ýylda ösüp gelýän ýaş nesle ata-babalarymyzyň dünýä halklarynyň arasynda parahatçylygy, dost-doganlygy, söwda, medeni, ylym-bilim gatnaşyklary ösdürmek we pugtalandyrmak barada bitiren ajaýyp işleri, türkmen Bitaraplygynyň aýratynlyklary barada jikme-jik düşündirmek, Gahryman Arkadagymyzyň beýik başlangyçlaryny üstünlikli dowam edýän hormatly Prezidentimiziň içeri hem daşary syýasatynyň netijesinde gazanylýan üstünlikler, ýetilýän sepgitler hakda täze bilimleri öwretmek, ýaş nesli Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistana uly buýsanç, çäksiz söýgi, wepalylyk ruhunda terbiýelemek boýunça bilim işgärleriniň öňünde jogapkärli wezipeler durýar. Umumybilim edaralarynyň ýolbaşçylary 2026-2027-nji okuw ýylynyň başlanmagy mynasybetli guralýan ilkinji okuw sapagynyň çuňňur manyly, ýatda galyjy we has-da täsirli bolmagy üçin zerur çäreleri görmelidirler. Ol çäreler kesgitlenen meýilnama laýyklykda guralyp, ösüp gelýän ýaş nesliň bilime, ylma, hünärlere bolan gyzyklanmasyny we höwesini, Watanymyza, Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza bolan buýsanjyny, söýgüsini hem hormatyny has-da ýokarlandyrmaga gönükdirilmelidir. Şonuň üçin hem bilim edaralarynyň ýolbaşçylary ilkinji okuw sapagynyň ýokary derejede guramaçylykly geçirilmegini we oňa bildirilýän talaplara laýyklykda guralmagyny gazanmak maksady bilen, öňdebaryjy iş ussatlygy bilen tapawutlanýan hem-de kärdeşleriniň arasynda hormata eýe bolan bilim işgärleriniň baý iş tejribelerinden peýdalanmalydyr. Ilkinji sapagyň ýokary derejede guralmagy üçin bilim işgärleri ykjam taýýarlykly bolmalydyr. Sapakda ulanyljak okuw-görkezme esbaplary, goşmaça maglumatlar we multimedia serişdeleri öňünden taýýarlanylyp, okuw otaglary döwrebap enjamlaşdyrylmalydyr. Arkadagly Gahryman Serdarymyz «Ýaşlar — Watanyň daýanjy» atly kitabynda: «Döwür ösýär, şol bir wagtda, adamzat jemgyýetinde dürli üýtgeşmeler, özgerişlikler bolup geçýär. Munuň özi ýaşlardan hünär taýýarlygy babatda edilýän talaplary hem düýpli özgerdýär, olaryň saýlap alan hünärleri boýunça alyp barýan işlerine täzeçe çemeleşmeklerini talap edýär» diýip belleýär. Şu parasatly sözlerden ugur alnyp, ilkinji okuw sapagynda hünärlere ugrukdyrmak barada söhbet guralsa maksadalaýyk bolar. Ilkinji okuw sapagy Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň «Ýaşlar — Watanyň daýanjy», «Änew — müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýet», «Magtymguly — dünýäniň akyldary», «Türkmenistanyň Bitaraplygy — parahatçylygyň we ynanyşmagyň aýdyň ýoly» atly nusgalyk kitaplaryň many-mazmuny bilen baglanyşdyrylyp geçirilmelidir. Sebäbi hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň bu eserleri ýaş nesilleri watansöýüjilik, zähmetsöýerlik ruhunda terbiýelemekde gymmatly gollanmalar bolup hyzmat edýär. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň «Magtymguly — dünýäniň akyldary» atly kitabynda ýagty ertirlerimiziň eýeleri bolan ýaşlara bilim bermegiň döwrebap usullary hakynda gymmatly pikirler öňe sürülýär. Şeýle hem bu ajaýyp kitapda Magtymguly Pyragynyň eserleriniň terbiýeçilik ähmiýetiniň uludygy çuňňur manyda beýan edilýär. Şahyryň şygyrlarynyň filosofik manysy, jemgyýetçilik gymmaty, durmuşyň dürli meselesini çeperçilik bilen beýan edendigi hakynda yzygiderli pikir ýöredilýär. Arkadagly Gahryman Serdarymyz «Magtymguly — dünýäniň akyldary» atly kitabynda: «Jemgyýetiň kämilligi üçin zerur bolan edep kadalary, gylyk-häsiýetleri, aýratynlyklary Pyragy ýaly, çeper teswirläp bilen başga bir şahyr ýokdur diýip pikir edýärin. Hünärlilik, zähmetsöýerlik, janypkeşlik, maksada okgunlylyk, akýüreklilik ýaly duýgular, zähmete höweslendirýän pikirler şol setirleriň özenidir, şol bentleriň bezegidir. Şahyryň berýän öwüt-ündewleri bilen özümizi we ýaş nesilleri belent ahlaklylykda terbiýeläp bilýäris. Ýaşlary pederlerimizden miras galan milli häsiýetler, watançylyk ruhy esasynda terbiýelemek, olaryň il-ýurda, halka, Watana bolan söýgüsini gazanmak üçin Magtymguly Pyragynyň öwüt-ündewlerine berk eýermelidiris» diýip, türkmeniň ahlak ýörelgesiniň ykrar edilen mukaddes kada öwrülendiginiň gymmatyna ýokary baha berýär. Şu parasatly sözlerden ugur alyp, ilkinji okuw sapagynda akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragy hakyndaky söhbetlere hem giň orun berilse maksadalaýyk bolar. Mälim bolşy ýaly, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda hemişelik Bitarap Türkmenistanyň halkara guramalarynyň, ilkinji nobatda, Birleşen Milletler Guramasynyň çäklerinde oňyn hyzmatdaşlyk edýändigi guwandyryjydyr. Häzirki wagtda ylym-bilim ulgamynda halkara hyzmatdaşlyk barha giň gerime eýe bolýar. Muny hormatly Prezidentimiziň Gruziýa amala aşyran döwlet sapary hem aýdyň beýan edýär. Çünki bu döwlet saparynyň çäklerinde ylym we ýaşlar syýasaty ulgamlarynda hyzmatdaşlygy giňeltmegiň geljekki ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy. Ilkinji okuw sapagynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe döwletimiziň dünýädäki ornuny has-da berkitmek, halkara hyzmatdaşlyk, ynanyşmaklyk, dostluk ýörelgelerine esaslanýan içeri we daşary syýasatynyň, umumadamzat bähbitli halkara başlangyçlaryny giňden wagyz etmek hem-de dünýä ýaýmak, Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň şanly 35 ýyllygyny halkymyzyň gadymdan gelýän parahatçylyk söýüjilik, hoşniýetlilik, ynsanperwerlik, myhmansöýerlik däplerini Ýer ýüzünde şöhratlandyrmak, ýaş nesli Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan Watanymyza buýsanç, çäksiz söýgi hem-de wepalylyk ruhunda terbiýelemek barada aýratyn bellemek gerek. Bu okuw sapagynda hormatly Prezidentimiziň ata Watanymyzyň has-da gülläp ösmeginiň we barha kuwwatlanmagynyň, agzybir halkymyzyň abadan, asuda, bolelin, bagtyýar durmuşda ýaşamagynyň bähbitlerine üstünlikli amala aşyrýan oňyn özgertmeleri, dünýäde we sebitde parahatçylygyň, dostluk-doganlygyň pugtalanmagy, halkara hyzmatdaşlygynyň ösmegi ugrunda alyp barýan ägirt uly işleriniň dünýä jemgyýetçiligi tarapyndan ykrar edilýändigi hem-de Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimiziň ykdysadyýetiniň, ylym-bilim ulgamynyň, medeniýetiniň ägirt uly üstünlikleri hakynda çuňňur mazmunly söhbetler guralmalydyr. Hormatly bilim işgärleri, okuwçylar we talyp ýaşlar! Täze, 2026-2027-nji okuw ýyly düşümli bolsun! Ýurdumyzy beýik ösüşlere besleýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun! Türkmenistanyň Bilim ministrligi. Türkmenistanyň Milli bilim instituty
«Умное» меню для отличника
Канун нового учебного года отличный повод пересмотреть режим питания или внести в него коррективы. Ведь интеллектуальная нагрузка, которую испытывают современные ученики, очень велика. Грамотно составленный рацион даёт каждому школьнику энергию для уроков и активностей, поддерживает иммунитет и закладывает основу здорового отношения к еде в будущем. Поэтому нужно обратить особенное внимание на то, чтобы меню вашего отличника было сбалансированным, богатым витаминами и микроэлементами, и соответствовало возрасту ребёнка. Школьный возраст – это время физического, интеллектуального, нравственного становления и активного развития. Школьники вынуждены перерабатывать всё возрастающее давление информационного потока, который воздействует на них не только в школе, но и дома. Помимо школы, многие ребята занимаются в кружках и спортивных секциях. Поэтому для формирования и сохранения физического, психического здоровья и полноценного усвоения школьной программы важно грамотно организовать питание школьника. Ребята активно растут и развиваются, поэтому им необходимо получать достаточное количество питательных веществ: белков, жиров, углеводов, витаминов и минералов для обеспечения правильного функционирования организма. Белки являются основным строительным материалом для роста тканей, жиры – источником энергии, а углеводы – источником быстрой энергии для активной жизни подростков. Витамины и минералы необходимы для поддержания здоровой иммунной системы и оптимального функционирования всех органов и систем организма. Высокая концентрация белков – в бобовых, жиров (а именно насыщенных), – в рыбе и орехах; простые углеводы содержатся в хлебобулочных изделиях и сладком, а сложные – в цельнозерновых продуктах и крупах. Питание школьника должно быть полноценным и сбалансированным. Энергии и питательных веществ должно хватать на рост и ежедневную активность, при этом избыток и недостаток калорийности и питательной ценности одинаково вредны. По мнению диетологов, ребёнок, учащийся в школе, должен есть не менее четырёх раз в день, причём завтраки, обеды и ужины обязательно должны включать в себя горячие блюда. Завтрак обязательно должен быть горячим и довольно плотным, составляя четверть от суточной потребности ребёнка. Лучше всего, чтобы он был сытным, но лёгким, основанным на медленных углеводах, например кашах. Хорошо добавить в кашу фрукты или сухофрукты. Это обеспечит ученика энергией, избавит от чувства голода. Также на завтрак полезны творог и горячий напиток, например чай или какао. Второй завтрак ребёнок получает в школе. Он может сам купить себе что-нибудь в школьном буфете, но лучше, если вы дадите ему еду с собой. Подойдут фрукты, например банан или яблоко, лёгкий салат, йогурт, простокваша, творожок. Обед включает салат, первое, второе блюдо (основное блюдо из мяса, рыбы или птицы с гарниром) и третье (компот, кисель, чай и соки). Готовят несложные салаты из варёных и свежих овощей. Если в это время ребёнок находится в школе, то ему следует дать что-нибудь сытное и полезное с собой. Главное, чтобы блюдо не портилось, не теряло за несколько часов своих вкусовых качеств и продолжало возбуждать аппетит. Это могут быть сырники, блинчики, бутерброды с твёрдым сыром или отварным мясом, йогурты, несладкая выпечка, свежие овощи или фрукты. В полдник в меню включают напиток (молоко, кисломолочная продукция, кисели, соки) с булочными или кондитерскими изделиями без крема. На ужин тоже надо предложить ребёнку горячее блюдо. Это может быть мясо или рыба с гарниром, но можно обойтись и без мяса (если мясное было на второе), приготовив творожную запеканку или тушёные овощи. Главное – ужинать ребёнок должен не позднее чем за два часа до сна. Важно предлагать школьникам разнообразные продукты, чтобы обеспечить полный спектр питательных веществ. Поощряйте их употреблять фрукты, овощи, цельные зёрна, молочные продукты, мясо или рыбу в разных комбинациях и блюдах. Следует ограничить потребление сахара и обработанных продуктов, таких как газированные напитки, сладости и фастфуд. Помните, что правильное питание для школьников – это не только забота об их физическом здоровье, но и основа для улучшения учебных результатов и общего благополучия. Предоставляя школьникам правильное питание, мы помогаем им раскрыть свой полный потенциал и достичь успехов в учёбе и жизни. Маягозель КУЖУКБАЕВА, ассистент кафедры последипломного обучения по семейной медицине ГМУТ им.Мырата Гаррыева
Инициативы молодёжи за экологическое благополучие
В столице состоялась финальная двухдневная сессия Молодёжной летней школы по вопросам изменения климата при организационно-тематической поддержке Министерства образования Туркменистана и содействии ЮНИСЕФ. Школа работает второй год, связана с подготовкой Национального заявления молодёжи Туркменистана для ежегодной конференции сторон Конвенции ООН об изменении климата. Руководят процессом подготовки специалисты и экологические волонтёры с большим стажем организаторской работы, солидным багажом участия в различных мероприятиях и проектах Гульшат Айыдова и Сельби Матвелиева, обладающие членством в YOUNGO – детской молодёжной группе, которая существует при Конвенции и занимается организационной работой по проведению молодёжной секции. За два месяца была проделана определённая работа и вместе с окончанием курса «Летней школы-2026» завершилась институциональная работа по Национальному заявлению молодёжи нашей страны, разработано его окончательное содержание. Разработчики документа пояснили, что его контент сосредоточен на трёх ключевых направлениях – вода и водопользование, всевозможные грани последствий изменения климата, адаптация к нему, а также условия для устойчивого развития. В ближайшие дни по климату документ будет представлен на региональной молодёжной конференции по климату в г.Самарканд (Узбекистан), где национальные заявления будут изучены и на их основе составлено общее региональное, которое не аннулирует страновые сообщения, но, вобрав в себя то, что объединяет пять государств Центральной Азии, приобретёт форму коллективного мнения всего региона. Подобный форум проводится ежегодно для тщательной подготовки к конференции РКИК ООН, и кроме пяти стран Центральной Азии третий год в подготовке регионального заявления принимает участие делегация Афганистана и впервые – Монголии. В итоге национальные и общие декларативные заявления будут переданы правительствам государств-сторон Конвенции, политикам, принимающим решения, организационному комитету общепланетарной конференции, которая состоится в г.Анталья (Турция). Как рассказала Гульшат Айыдова, период действия Школы продолжался последние два месяца, в течение которых учащиеся проходили дистанционно онлайн-курс. Каждые две недели в ходе сессии для закрепления успеха и подведения итогов они имели возможность слушать лекции, участвовать в интерактивных играх, мастер-классах и семинарах, где лекторами выступали национальные эксперты, представляющие государственные учреждения, научные центры, экологические общественные объединения. Тематика презентаций касалась водо- и почвоведения, климатологии, биологии, юриспруденции. В обучении приоритет отдавался обмену знаниями, получению навыков коммуникации, поиску общих интересов в науке, непрерывному дополнительному образованию, что было основным критерием отбора слушателей Школы. Итог работы – более тридцати отличников учёбы из числа старшеклассников и студенчества прослушали лекции по ключевым направлениям научно-практических занятий прошедших месяцев, озвучили свои дальнейшие планы, в качестве экзаменов презентовали экологические бизнес-проекты, которые планируют осуществить в будущем. В ходе церемонии вручения слушателям сертификатов заведующий отделом повышения квалификации работников образования Национального института образования Сапаргельды Дурдыев, доктор биологических наук отметил, что молодёжь видит необходимость серьёзного отношения к учёбе. За лето они ознакомились с работой государственных, общественных и международных организаций, встретились с учёными, специалистами и экспертами. Важно то, что в будущем эти ребята, обладая обширными знаниями в области климатической повестки, подключатся к решению задач купирования последствий глобального изменения климата. Представитель ЮНИСЕФ Мая Аширова от лица большой команды, поддерживающей Школу, выразила благодарность всем партнёрам, которые помогали с тематическим наполнением лектория, – работникам Министерства охраны окружающей среды, структурных подразделений ООН, общественных объединений. Как сообщила Сельби Матвелиева, слушатели – учащиеся средних и высших школ столицы и всех регионов страны – были отобраны на конкурсной основе. Всего заявки подали 197 претендентов – подростков и молодых людей в возрасте от 16 до 25 лет, в Школу были приглашены 34 «студента». В ходе обучения предлагались просветительские экскурсии, в том числе на производственную площадку компании «Tudana», которая занимается выращиванием крупноплодной клубники, чтобы изучить использующиеся там водосберегающие технологии для полива растений. Организаторы отметили, что в целом юное поколение туркменистанцев достойно и активно представляет нашу страну на различных дискуссионных площадках, состязательных платформах предметных и спортивных олимпиад, интеллектуальных акциях. Слушатели «Летней школы» достаточно подкованы в национальном законодательстве, специфике экологизации промышленной деятельности, практике экокультуры, ведении в местных почвенно-климатических условиях агропроизводства и лесоводства, осведомлены о мерах ограничения уровня природопользования и защиты ресурсов генофонда агробиоразнообразия. На занятиях разбирались стратегические документы Туркменистана в области изменения климата, защиты биоразнообразия, борьбы с опустыниванием, рационального использования водных ресурсов и экологические инициативы нашей страны. Ребята воспринимали вопросы природопользования заинтересованно, генерировали предложения, имеющие практический смысл, в том числе по переработке сырья и производства готовой продукции. Среди докладчиков сессии была эксперт по обращению отходов и экологической волонтёрской политике Джемал Дурдыкова. Она рассказала об участии юных активистов в процессах продвижения энергоэффективности, мероприятиях, которые осуществлялись в рамках природосберегающих проектов и программ, призванных помочь природе сохранить способность регенерации, восполнения биоразнообразия – индикатора здоровья окружающей среды. О факторе положительного влияния на агропроизводство, мир живой природы устойчивости трансграничной гидрологической ситуации на фоне изменения климата рассказал Беркели Атаев, представитель общественной организации «Теbigy kuwwat», который также сообщил о деятельности Орхусского центра в Ашхабаде. Работник Общества охраны природы Туркменистана Мердан Аразмедов отметил важность посадки деревьев, которые возвращают в атмосферу поглощаемую воду, улучшают состояние атмосферного воздуха, и уникальность в этом отношении растения для гипераридной природной среды – можжевельника туркменского, или арчи. Оно растёт медленно и сначала выдаёт глубоко уходящую в почву корневую систему, за счёт чего возвращает в атмосферу не только поверхностную влагу, которую берёт для вегетации, но и ту, которую добывает с глубин грунта. Генеральный директор хозяйственного общества «Устойчивый финансовый центр» Недир Агабаев рассказал аудитории о принципах циркулярной экономики, возможности каждого человека вносить вклад в более экономически мощное, экологичное и устойчивое будущее. Среди гостей мероприятия была Роуз Лагротте (Франция), которая приехала в Туркменистан по волонтёрской программе ООН и уже год работает в нашей стране. И было неудивительно, что среди слушателей Молодёжной летней школы нашлись те, кто свободно беседовал с гостьей страны на её родном французском языке. Елена ДОЛГОВА, «НТ». Фото предоставлено организаторами.
Межкультурный диалог – путь к взаимопониманию
Под руководством уважаемого Президента Сердара Бердымухамедова Туркменистан активно расширяет горизонты международного сотрудничества, делая ставку не только на экономику, но и на гуманитарные связи. Этот уровень отношений играет особую роль в укреплении доверия и взаимопонимания между Туркменистаном и другими странами мира. Ведь эти отношения строятся на искреннем и взаимном интересе народов к истории, культуре и традициям друг друга. Именно в таком ключе развивается межкультурный диалог народов Туркменистана и Японии. Несмотря на то что наши страны находятся на разных концах Азии, и нас разделяют тысячи километров, географическая дистанция не мешает проявлять искренний интерес к культурному наследию друг друга. В основе этого диалога лежит глубокое взаимное уважение, которое помогает странам выстраивать доверительные и по-настоящему тёплые отношения. Важную роль в укреплении фундамента долгосрочного партнёрства, основанного на доверии, открытости и искренней симпатии между двумя народами, играет изучение языков. С 2007 года в Туркменском национальном институте мировых языков имени Довлетмаммета Азади преподавание японского языка идёт на постоянной и системной основе и является одним из самых востребованных направлений. Японский язык также преподаётся в ряде других вузов и средних школ Ашхабада. В ходе встречи с Президентом Сердаром Бердымухамедовым, находившимся с визитом в Японии в апреле 2025 года, Император Нарухито, говоря о значении партнёрства, установленного в области образования, отметил, что обучение японскому языку в высших учебных заведениях и общеобразовательных школах Туркменистана является весьма примечательным фактом. Увеличение числа участников проведённого уже 18-го конкурса японского языка свидетельствует о большом интересе туркменских юношей и девушек к его изучению. И это не просто академический интерес. Япония предоставляет стипендии для туркменских студентов через программу MEXT (Министерство образования, культуры, спорта, науки и технологий Японии). Эти инициативы позволяют молодёжи из Туркменистана получать образование в ведущих японских университетах, что укрепляет академические связи. В апреле 2025 года в ходе визита Президента Сердара Бердымухамедова в Японию был подписан Меморандум о сотрудничестве между МИД Туркменистана, фондом Nippon и JACAFA, который открывает новые возможности для туркменской молодёжи в получении образования в Японии. При содействии этого фонда также реализуются научно-технические обмены и проекты. В свою очередь Туркменский инженерно-технологический университет имени Огуз хана активно развивает партнёрство с ведущими японскими вузами, в частности с Университетом Цукубы. Совместные программы обучения и научного обмена охватывают ключевые современные направления. Изучение японского языка становится также настоящим «окном» в богатый культурный мир Страны восходящего солнца, позволяет лучше понять менталитет японского народа и, что самое важное, создаёт прочный фундамент для личного общения. Молодые специалисты, владеющие японским языком, выступают своего рода нашими культурными дипломатами, помогая находить точки соприкосновения по различным направлениям сотрудничества. Когда молодые люди говорят на одном языке – в буквальном смысле этого слова – стираются любые границы, а дружба между государствами обретает будущее. Ярким событием всегда становятся культурные мероприятия между нашими странами. В рамках Дней культуры Японии в Туркменистане и Туркменистана в Японии проводятся выставки, концерты, мастер-классы. Туркменистанцы с удовольствием открывают для себя искусство икебаны, чайную церемонию и японское кино. Японцы, известные своей любовью к сохранению наследия, с большим уважением относятся к туркменским коврам, музыке дутара и древней истории нашего народа. Это тот случай, когда разные по духу культуры находят точки соприкосновения в главном – в уважении к историческим корням. В ходе культурного обмена также организуются перекрёстные мероприятия, популяризирующие национальные бренды: в Японии – это выставки, посвящённые ахалтекинским скакунам, а в Ашхабаде в 2024 году в культурно-парковом комплексе «Magtymguly Pyragy» был установлен памятник японскому писателю Ясунари Кавабата. Важным событием для продвижения национальной культуры туркменского народа стало участие Туркменистана в EXPO 2025 в Осаке. Павильон нашей страны был оформлен в форме закруглённого треугольника, а крышу здания обрамляло «Gülýaka» – одно из старинных женских туркменских украшений. В наружной отделке здания были использованы мотивы туркменских ковров, изображение всемирно известного ахалтекинского скакуна, а также уникальные пейзажи нашей природы. Национальный день Туркменистана на выставке, в котором принял участие Президент Сердар Бердымухамедов, продемонстрировал достижения страны в экономике, культуре, науке, а также богатое историческое и культурное наследие. Национальный павильон Туркменистана на выставке вошёл в число самых посещаемых и впечатляющих экспозиций. Ещё одной площадкой для взаимодействия является спорт. В ходе визита Президента Туркменистана в Японию в 2025 году обсуждались новые инициативы по молодёжным обменам, включая спортивные программы. Гуманитарный мост Туркменистан–Япония, перекинутый через весь Азиатский континент, доказывает, что для настоящей дружбы не существует географических расстояний. Общение между народами, основанное на уважении к корням и открытости новому, становится фундаментом для долгосрочного партнёрства. Туркменистан и Япония, бережно сохраняя свою самобытность, вместе создают пространство, где диалог культур обогащает каждого участника. Тязегуль ИМАМКУЛИЕВА, доцент Туркменского национального института мировых языков имени Довлетмаммета Азади, кандидат исторических наук.
Edermenligi gaýtalan gerçekler
Dünýä atçylyk medeniýetiniň taryhynda ata Watanymyz Ýer ýüzünde atlaryň ilkinji eldekileşdirilen hem-de olaryň tohumynyň kämilleşdirilen ýeri hasap edilýär. Geçen asyrda halk hojalygynyň pudaklarynda yhlasly zähmet çekýän dürli kärdäki wekilleriň gatnaşmagynda atly ýörişleriň birnäçesi geçirildi. Atşynaslyk sungatynyň täze rowaçlyklara beslenmegine, watansöýüjilikli ýörelgeleriň, hünär ussatlygynyň, ruhubelentligiň, sagdynlygyň hem-de işjeňligiň galkynmagyna uly badalga beren şol uzak aralyklara geçirilen atly ýörişler taryhymyzyň şöhratly sahypalaryna altyn harplar bilen ýazyldy. Şolaryň biri hem 1986-njy ýylda guralan Aşgabat — Köneürgenç — Aşgabat atly ýörişidir. Şöhratly taryhymyzda uly orun alan atly ýörişiň bu tapgyry 1935-nji ýylyň 30-njy maýynda başlanyp, şol ýylyň 21-nji awgustynda tamamlanan, uzaklygy 4 müň 300 kilometre barabar bolan Aşgabat — Moskwa atly ýörişiniň 50 ýyllyk şanly senesine bagyşlanyp geçirilipdir. «Atalaryň şöhratly ýoly bilen» atly şygar astynda guralan ýöriş 1986-njy ýylyň 9-njy maýynda badalga alyp, 23 gün dowam edip, şol ýylyň 1-nji iýunynda tamamlanypdyr. 1 müň 300 kilometr menzili geçen toparyň düzüminde 11 çapyksuwar türgenler, halypa atşynaslar bolupdyr. Bu ýörişe Myrat Myradow ýolbaşçylyk edipdir. Türkmen atlarynyň çydamlylygyny dünýä ýaýan ýörişe gatnaşyjylar 1986-njy ýylyň 19-njy maýynda Köneürgenç etrabynyň merkezindäki ýadygärlikler toplumynyň ýanyndaky meýdançada hormat bilen garşylanypdyr. Garşylanyş dabarasynda zähmetkeşleriň öňünde atly ýörişe gatnaşyjylardan Hemra Saryýew, Annasoltan Aşyrowa, Nuraly Kasymow, Moskwanyň K.A.Timirýazow adyndaky Oba hojalyk akademiýasynyň ylmy işgäri, Türkmenistanyň at gazanan atşynasy Ýuliýa Kuznesowa, welaýatyň wekillerinden Sosialistik Zähmetiň Gahrymany Saparbaý Nyýazymbetow, 1935-nji ýylda Aşgabat — Moskwa atly ýörişine gatnaşan Aktelpek Nagyýewiň gyzy Gurbantäç Annamyradowa, 1941 — 1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunyň we zähmet weterany Aýapbaý Türkmenbaýew, meşhur seýis Hojabaý Mahmudow dagy taryhy ýörişiň edermenlige beslenen wakalary, unudylmajak pursatlary, ýörişiň dowamyndaky täzelikler, tomsuň jöwzaly günlerinde Garagumuň ürgün çägeliklerinden, sörtük ýelli sähralaryndan batyrgaýlyk, ugurtapyjylyk bilen geçişleri barada täsirli çykyş edipdirler. Ýöriş boýunça görnükli nakgaşlaryň, Ýuriý Şkuriniň, Geldi Allabaýewiň foto we şekillendiriş sergileri, Alty Garlyýew adyndaky «Türkmenfilm» kinostudiýasy tarapyndan surata düşürilen dokumental filmlerden parçalar tomaşaçylar köpçüligine görkezilipdir, aýdym-sazly çykyşlar giňden ýaýbaňlandyrylypdyr. Döwlet derejesinde ösüşleriň ak ýolunyň, maksada okgunlylygyň, gaýduwsyzlygyň alamatyna öwrülen, türkmen bedewleriniň köpasyrlyk taryhyna, gözelligine, ýyndamlygyna, ezberligine, gaýratyna goýulýan uly hormatyň nyşany hökmünde taryha giren bu ýörişe gatnaşyjylar 1986-njy ýylyň 1-nji iýunynda Aşgabada sag-aman gaýdyp barýarlar we döwlet sylaglary, gymmat bahaly ýadygärlik sowgatlary bilen sylaglanýarlar. Metbugat sahypalarynda oňa gatnaşan, zamananyň zybanynda alkyşlanan, ýagşylykda ýalkanan, çawy alyslara aşan edermenleriň zyýada zähmetleri, täzeçil öňdebaryjy tejribeleri, hünär ussatlyklary, seýisçilik, çapyksuwarlyk sungatyndaky üstünlikleri mähir-söýginiň, wepalylygyň, halallygyň, kämilligiň, gaýduwsyzlygyň, üşükliligiň, ezberligiň, hüşgärligiň, dogumlylygyň mertebeli mekdebi bolup dabaralanypdyr. Dädebaý PÄLWANOW, Görogly etrap häkimliginiň hünärmeni.
Garaşsyzlyk bilen galkynýar Diýar
Mukaddes Garaşsyzlyk halkymyzyň asyrlaryň dowamynda kalbynda beslän beýik arzuwlarynyň wysal bolmagydyr. Ol halkymyzyň öz ykbalyny özbaşdak kesgitlemäge, milli döwletlilik däplerini täze taryhy şertlerde mynasyp dowam etdirmäge, döredijilik kuwwatyny doly açmaga giň ýol açdy. Watanymyz Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllyk toýuna uly ruhubelentlik bilen barýar. Bu şanly sene geçen şöhratly ýola buýsanç bilen nazar aýlamaga, häzirki ösüşleriň gadyr-gymmatyna düşünmäge we geljekki beýik maksatlara ynam bilen garamaga mümkinçilik berýär. Garaşsyzlyk ýyllarynda ýurdumyzyň durmuşynyň ähli ugurlarynda düýpli özgertmeler geçirildi, belent ösüşlere ýetildi. Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda döwletimiz häzirki zaman şähergurluşygynyň, kuwwatly senagat önümçiliginiň, döwrebap ulag we energetika ulgamlarynyň, ösen oba hojalygynyň, sanly tehnologiýalara esaslanýan täze mümkinçilikleriň mekanyna öwrüldi. Ylym-bilim, medeniýet, saglygy goraýyş we beýleki ulgamlarda amala aşyrylýan işleriň ählisi halkymyzyň bagtyýar we abadan durmuşyny üpjün etmäge gönükdirilýär. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda Garaşsyz Türkmenistan ösüşiň täze tapgyryna ynamly gadam urýar. Ýurdumyzda durmuşa geçirilýän giň gerimli özgertmeler döwletimiziň ykdysady kuwwatyny pugtalandyrmaga, önümçilik mümkinçiliklerini giňeltmäge, şäherleriň we obalaryň keşbini döwrebaplaşdyrmaga, halkyň ýaşaýyş-durmuş derejesini has-da ýokarlandyrmaga gönükdirilýär. Döwletimiziň öňünde goýýan maksatlarynda ykdysady ösüş bilen birlikde adam hakyndaky alada, jemgyýetiň abadançylygy we geljek nesilleriň röwşen durmuşy esasy orun eýeleýär. Gahryman Arkadagymyzyň milli döwletlilik ýörelgelerine, halkymyzyň asylly däp-dessurlaryna, döredijilikli zähmete we bagtyýar durmuşa esaslanan başlangyçlary häzirki döwürde täze many-mazmun bilen dowam etdirilýär. Bu dowamatlylyk döwletimiziň ösüş ýolunyň yzygiderliligini we milli maksatlaryň bitewüligini aňladýar. Türkmen halky döwletli işiň düýbüni tutmazdan ozal, hemmelere bähbitli boljak möhüm maslahaty geçirmegi adaty däbe öwürdi. Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň işinde halkyň bähbitlerini nazara almak, ýurdumyzyň ösüşiniň möhüm ugurlaryny ara alyp maslahatlaşmak, döwletimiziň kuwwatyny has-da pugtalandyrmak ýaly asylly maksatlar öz beýanyny tapýar. Garaşsyzlygyň 35 ýyllyk baýramynyň öňüsyrasynda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisiniň geçirilmegi hem aýratyn ähmiýete eýedir. Onda kabul ediljek çözgütleriň halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň has-da gowulanmagyna, ýurdumyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmegine gönükdiriljekdigini buýsanç bilen aýdyp bileris. Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisi «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda taryhy ähmiýetli jemgyýetçilik-syýasy wakasyna öwrüler. Ýeri gelende belläp geçsek, şu ýylyň «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýen şygary hem Garaşsyz Watanymyzyň belent ösüş ruhuny özünde jemleýär. Şanly toýuň bosagasynda duran Garaşsyz ýurdumyz täze sepgitlere tarap bedew bady bilen öňe barýar. Halkymyzyň agzybirligi, döwletimiziň kuwwaty, parahatçylyk söýüjilikli ýörelgelerimiz we geljege bolan mizemez ynamymyz eziz Watanymyzyň täze üstünlikleriniň berk kepilidir. Döwlet ähmiýetli beýik işleri durmuşa geçirýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, belent başlary aman bolsun! Il-ýurt bähbitli alyp barýan işleri mydama rowaçlyklara ýar bolsun! Gültäç SAPARDURDYÝEWA, Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň kitaphanasynyň I derejeli işgäri.
Kämillik ýoly bilimden başlanýar
Gündogar pähimlerinde: «Bir ýylyň aladasyny etseňiz, däne ekiň. On ýylyň aladasyny etseňiz, daragt ýetişdiriň. Ýüz ýylyň, müň ýylyň aladasyny etseňiz, nesil ýetişdiriň», «Bilim bagt getirijidir», «Ylym bir daragtdyr» diýilýär. Munuň özi bilimli nesilleriň geljegi gurujylardygyny, bilimdir ylmyň bolsa jemgyýetiň ösüşini üpjün edýän, ony öňe ilerledýän gymmatlykdygyny tekrarlaýar. Şu nukdaýnazardan, ýurt Garaşsyzlygynyň 35 ýylynda döwlet syýasatynyň ileri tutulýan möhüm ugurlarynyň biri hökmünde bilim ulgamynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny gowulandyrmak, ýaş nesle berilýän bilimiň hilini kämilleşdirmek babatda uly özgertmeler amala aşyryldy we üstünlikli dowam etdirilýär. 26-njy awgustda Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» şygary bilen geçirilen ýurdumyzyň bilim işgärleriniň maslahaty muňa aýdyň şaýatlyk edýär. Hormatly Prezidentimiziň belleýşi ýaly, bilim arkaly biz ajaýyp geljegimizi gurýarys, belent maksatlarymyzy amala aşyrýarys, ylymly-bilimli hem-de Watana wepaly nesilleri terbiýeleýäris. Dogrudan-da, bilimli nesilleri ýetişdirmek geljege iň ygtybarly maýany goýmakdyr. Şundan ugur alsak, häzirki wagtda ýurdumyzyň bilim ulgamyny dünýä derejesine çykarmak ugrunda uly tagallalar edilýär. Ýylyň-ýylyna ýurdumyzyň ähli künjeginde döwrebap bilim ojaklary, çagalar baglary gurlup ulanmaga berilýär. Bilim edaralarynyň maddy-enjamlaýyn binýady yzygiderli pugtalandyrylyp, bilim işine okatmagyň innowasiýalara we tehnologiýalara daýanýan kämil usullary giňişleýin ornaşdyrylýar. Şol sanda dünýä biliminiň ülňülerine doly laýyk gelýän, kämilleşdirilen okuw kitaplary, gollanmalar neşir edilýär. Hut şu jähetden, ýurdumyzyň bilim işgärleriniň maslahatynda geçen okuw ýylynyň jemi jemlenilip, 2026-2027-nji täze okuw ýylynda öňde durýan möhüm wezipeler ara alnyp maslahatlaşyldy. Maslahatyň öňüsyrasynda oňa gatnaşyjylaryň ýokary okuw mekdebiniň eýwanynda ata Watanymyzyň bilim ulgamynda gazanylan üstünliklere bagyşlanan sergini synlandyklaryny bellemek gerek. Çünki Türkmenistan häzirki wagtda ýaş nesilleriň beýik geljegi barada çuňňur aladalar edýän bilimler we zehinler ýurduna öwrüldi. Muny ýurdumyzyň mekdep okuwçylarynyň we talyp ýaşlarynyň halkara ders bäsleşiklerinde gazanýan ýokary üstünlikleri bütin aýdyňlygy bilen subut edýär. Şeýle hem maslahatyň başynda bilim ulgamynda gazanylan üstünlikleri beýan edýän wideoşekiller görkezildi. Maslahatyň dowamyndaky çykyşlarda bolsa 2025-2026-njy okuw ýylynda çagalar bagyndan başlap, ýokary okuw mekdeplerine çenli bilim işiniň milli ýörelgelere, öňdebaryjy tejribelere hem-de halkara ölçeglere laýyklykda kämilleşdirilip, bilimiň üznüksizliginiň, onuň ähli derejesiniň yzygiderliliginiň üpjün edilendigine aýratyn üns çekildi. Häzirki wagtda ýurdumyzda bilimiň ähli derejelerinde okuw derslerini okatmagyň usulyýetini yzygiderli kämilleşdirmäge, şeýlelikde, çuňňur bilimli, pikirlenip bilýän, watansöýüji ýaş nesilleri ýetişdirmäge gönükdirilen «Türkmenistanda umumybilim maksatnamalary boýunça okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmegiň 2028-nji ýyla çenli Konsepsiýasy» üstünlikli hereket edýär. Şunuň bilen baglylykda, eziz Diýarymyzda ýaş nesillere bilim bermek işiniň heniz mekdebe çenli çagalar edaralaryndan başlanýandygyny nygtamalydyrys. Çagalar baglaryna gatnaýan körpeler döwrebap usullar arkaly başlangyç ylmy düşünjeler, edep-ekramyň deslapky düzgünleri bilen tanyşdyrylýar. Körpelere bilim-terbiýäniň başlangyç esaslary berilýär, daşary ýurt dilleri öwredilýär. Çagalar bilen alnyp barylýan işiň mazmuny türkmen halkynyň gadymdan gelýän asylly däplerini özüne siňdirmek bilen birlikde, häzirki zamanyň talaplaryna-da laýyklaşdyrylýar. Umumybilim maksatnamalarynyň başlangyç, esasy orta we doly orta bilim derejelerinde mekdep okuwçylaryna diňe bir ylmy bilimleriň ulgamyny däl-de, eýsem, ylmy garaýyşlaryň giň ulgamyny özleşdirmäge şert döredilýär. Başgaça aýdylanda, mekdep döwründe okuwçylar özüňi alyp barmagyň ahlak düzgünleri bilen tanyşýar, daş-töwerekde bolup geçýän wakalar, hadysalar barada öz garaýşyny emele getirip, olar barada pikir ýöredip bilmegi öwrenýär. Bu döwürde mugallymyň ýolbaşçylyk başarnygy, ugrukdyryjy güýji möhüm bolup, şunuň bilen baglylykda, pedagogik işgärleriň hünär ussatlygy yzygiderli ýokarlandyrylýar. Elbetde, hünär ussatlygyna ymtylyş pedagogik düzümiň işiniň kämilligini üpjün edýän esasy şertleriň biridir. Bilim gory ýeterlik, ylmy täzelikler bilen yzygiderli tanyşýan, olary döredijilikli özleşdirip, gündelik işine ornaşdyrýan, okatmagyň usulyýetinden ussatlarça baş çykarýan, okuwçylar topary bilen işewür hyzmatdaşlygy ýola goýup, netijeli işleşmegi başarýan mugallym diňe bir bilim bermek bilen çäklenmeýär-de, şol bir wagtyň özünde her bir okuwçyny ukyp-başarnygyna görä hünäre ugrukdyrmagyň hötdesinden gelýär. Gahryman Arkadagymyzyň «Ömrümiň manysy» atly kitabynda belleýşi ýaly, «Hünär meselesi — adamyň ykbaly. Ykballar birleşip, halkyň ykbalyny emele getirýär. Halkyň ykbaly bolsa ýurduň, döwletiň ykbalydyr». Şundan görnüşi ýaly, her bir pedagogyň bilim berýän okuwçysynyň hünär saýlawyna ykbal saýlawy hökmünde garamagy, has takygy, elmydama hünär kämilligine ymtylmagy zerur bolup, bu barada maslahatyň dowamynda edilen çykyşlarda aýratyn durlup geçildi. Ýeri gelende bellesek, Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyzda fiziki, jemgyýetçilik, emosional, aň, dil, akyl we beýleki aýratynlyklaryna garamazdan, çagalaryň umumybilim berýän edaralarda bilim almagyna mümkinçilik berýän okuw görnüşi bolan inklýuziw bilimi ösdürmek boýunça-da uly tagallalaryň edilýändigi nygtaldy. Sebäbi inklýuziw bilimde saglyk ýagdaýy sebäpli mümkinçiligi çäkli bolan çagalar üçin okuwy täzeden meýilnamalaşdyrma, okuwyň täze usulyýeti, uýgunlaşdyrylan okuw meýilnamasy, üýtgedilen baha usuly ýaly ýörite şertleriň ençemesi göz öňünde tutulýar. Bu babatda Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň alyp barýan işlerine aýratyn üns çekildi. Mundan başga-da, maslahatyň barşynda Türkmenistanda ýokary hünär bilimini ösdürmegiň 2026 — 2052-nji ýyllar üçin Strategiýasyna laýyklykda, hünär bilimi edaralarynda ruhy-ahlak terbiýesi boýunça işleriň netijeliligini ýokarlandyrmak babatda durmuşa geçirilýän çäreler, şol sanda bilimi ösdürmekde ulanylýan emeli aň tehnologiýalary, halkara bilim hyzmatdaşlygy, mugallym hünärmenleri taýýarlamagyň milli we döwrebap çemeleşmeleri dogrusynda durlup geçildi. Hususan-da, şu ýylyň altyn güýzüniň ilkinji gününde Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň, Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň täze binalar toplumynyň açylmagy ýurdumyzyň hünär bilimi edaralarynyň işini kämilleşdirmek boýunça alnyp barylýan işleriň üstünliklere beslenýändiginiň nobatdaky güwäsi bolar. Diýmek, mekdebe çenli çagalar edaralarynyň, umumybilim berýän orta mekdepleriň, hünär bilimi edaralarynyň, mekdepden daşary terbiýeçilik edaralarynyň ählisi bir bitewi ulgamy emele getirip, Watanymyzyň geljegi bolan ýaşlary kämil şahsyýetler edip ýetişdirmäge gönükdirilendir. Görnüşi ýaly, kämillik ýoly bilimden başlanýar. Şoňa görä-de, täze 2026-2027-nji okuw ýylynda hem Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň bilim işgärleriniň öňünde goýýan möhüm wezipelerini üstünlikli ýerine ýetirmek üçin döredijilikli zähmet çekmek biziň mukaddes borjumyzdyr. Kakajan ÇARYÝAROW, Hydyr Derýaýew adyndaky Mugallymçylyk mekdebiniň mugallymy, «Nesil».
Ýaşlygyň arzyly menzili
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň talyplary bolmak bagty miýesser eden ýaşlaryň ýürek joşgunlary bu gün hemmeleriň göwnüni galkyndyrýar. Şunda Gahryman Arkadagymyzyň: «Häzirki bagtyýar döwrümiziň ýaşlary ertirki gün ýurdy beýgeltjek, türkmen döwletini gülletjek oglan-gyzlardyr» diýen sözleri hakydaňa dolýar. Elbetde, talyplyk — ýaşlygyň arzyly menzili. Biz hem talyplygyň bosagasyndan ätlän bagtyýar ýaşlara uly üstünlikleri arzuw edip, olaryň ýürek buýsançlaryny okyjylarymyza ýetirmegi makul bildik. Aýnur DURDYÝEWA,Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň 1-nji ýyl talyby: — Orta mekdepde bilim başarnyklarym boýunça dürli bäsleşiklere yzygiderli gatnaşdym. Olardan BMG-niň Ilat gaznasynyň guramagynda geçirilen «Maşgala isleg, goldaw bilen başlanýar» atly akwarelde surat çekmek bäsleşiginde 3-nji orna, «Ýaş tebigatçy» jemgyýetçilik guramasynyň, BMG-niň Senagat Ösüşi boýunça guramasynyň (UNIDO) we BMG-niň Ösüş Maksatnamasynyň bilelikde yglan eden «Ozon we klimat» atly ylmy-döredijik bäsleşiginde 3-nji, Halkara senagatçylar we telekeçiler uniwersitetinde geçirilen «Kitap bilen dünýä syry açylýar» atly kitap okamak bäsleşiginde 1-nji, «Nesil» gazetiniň redaksiýasynyň Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşi bilen bilelikde geçirýän «Berkarar döwletiň ylham joşguny» atly döredijilik bäsleşiginde 3-nji orna mynasyp boldum. Şeýle bäsleşiklere gatnaşmak daşary ýurt dillerini öwrenmäge bolan höwesimi has-da artdyrdy. Biz — talyp ýaşlara okamaga, döretmäge, daşary ýurt dillerini öwrenmäge döredip berýän giň mümkinçilikleri üçin Gahryman Arkadagymyza hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyşlarymyz bimöçberdir. Begenç PÜRLIÝEW,Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň 1-nji ýyl talyby: — «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynyň her bir güni ýaşlaryň durmuşynda täze ylmy, döredijilik we zähmet üstünliklerine ruhlandyrýan wakalara beslenýär. Şu ýyl ýokary okuw mekdebiniň talyby bolmak bagty maňa-da miýesser etdi. Durmuşymda şeýle ajaýyp pursadyň bolanlygy meni diýseň begendirýär. Ýokary okuw mekdebine girmäge taýýarlanýan döwürlerimde Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň kitaplaryny ürç edip okadym. Bu kämil eserlerden gymmatly maglumatlary öwrenip, maksada okgunly bolmak, öz wagtyňy dogry peýdalanmak ýaly möhüm häsiýetleri özleşdirdim. Mekdep okuwçy döwrümden bäri himiýa sapagy bilen ýakyndan gyzyklanýaryn. Bu ugur boýunça geçirilen dürli ders bäsleşiklerine gatnaşyp, baýrakly orunlara mynasyp boldum. Mundan başga-da, okuwdan boş wagtlarym dil merkezlere gatnap, daşary ýurt dil endiklerimi kämilleşdirdim. Gahryman Arkadagymyzyň hem-de hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzyň ýaşlaryna ylym öwrenmäge, kämilleşmäge döredip berýän mümkinçilikleri bizi geljekki üstünliklerimize ruhlandyrýar. Jeren BÄŞIMOWA,Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň 1-nji ýyl talyby: — Suratkeş bolmak meniň çagalyk arzuwymdy. Şonuň üçin orta mekdepde okaýarkam, okuwymyň daşyndan paýtagtymyzdaky Bäşim Nuraly adyndaky Çagalar çeperçilik mekdebiniň nakgaşçylyk bölüminde şekillendiriş sungatynyň ilkinji tilsimlerini höwes bilen öwrendim. Sapaklaryma ykjam ýapyşyp, ýaşajyk suratkeşiň dünýäsine mahsus eserlerimi döretdim. Ýeri gelende, bu mekdepde surat çekmegiň tilsimlerini birkemsiz öwreden mähriban mugallymlaryma tüýs ýürekden minnetdarlygymy bildirýärin. 2026-njy ýyl ýüregimde beslän maksatlarymyň iň arzyly arzuwymyň amal bolmagyna getirdi. Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň talyby boldum. Durmuşymyň bu şatlykly wakasyna bolan buýsanjymyň, begenjimiň çägi ýok. Biz — ýaşlara okamaga, öwrenmäge, döredijilik gözleglerine içgin aralaşmaga giň mümkinçilikleri döredýän Gahryman Arkadagymyzyň hem-de hormatly Prezidentimiziň il-ýurt bähbitli, döwlet ähmiýetli işleri hemişe rowaçlyklara beslensin! Dawut BEGENJOW,Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynyň 1-nji ýyl talyby: — Türkmen bedewi halkymyzyň asyrlardan gelýän şöhratynyň aýdyň nyşanydyr. Bedewleriň owazy, olaryň nurana keşbi kalbymda aýratyn buýsanç duýgusyny döredýär. Hususan-da, milli at üstündäki oýunlar kalbymy hemişe heýjana salýar. Toý-baýramlara beslenýän günlerimizde bu ugurdan talyplyk bagtyna miýesser bolandygyma örän begenýärin. Talyp bolmak, aýratyn-da, Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynda bilim almak durmuşymda täze mümkinçilikleriň gapysyny açýar. Bu ýerde türkmen atçylyk sungatynyň inçe syrlaryny öwrenip, milli däplerimizi dowam etdirmek ugrunda yhlasymyzy gaýgyrmarys. «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar topary bolsa bedewlere bolan söýginiň, ussatlygyň we ýeňişlere bolan ynamyň mekdebidir. Bu toparyň halkara üstünlikleri, türkmen bedewleriniň şan-şöhratyny belende götermegi her birimizde uly buýsanç döredýär. Men hem geljekde bu toparyň abraýly ýoluny dowam etdirýän mynasyp hünärmenleriň biri bolmagy arzuw edýärin. Biz — ýaşlara berilýän uly goldaw, döredilýän giň mümkinçilikler üçin Gahryman Arkadagymyza hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyza tüýs ýürekden sagbolsun aýdýarys. Taýýarlan Aýşirin DÖWLETOWA, «Nesil».
Dostlukly gatnaşyklar giň gerime eýe bolýar
Hytaý Halk Respublikasynyň Sinszýan-Uýgur awtonom raýonynyň Kommunistik Partiýasynyň Komitetiniň Sekretarynyň orunbasary, bu raýonyň Halk Hökümetiniň başlygy Erkin Tuniýazyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet Türkmenistanda saparda boldy. Saparyň maksady Türkmenistan bilen HHR-iň Sinszýan-Uýgur awtonom raýonynyň arasynda oba hojalygy, söwda-ykdysady, ylym-bilim ulgamlarynda hyzmatdaşlygy ösdürmegiň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşmakdan ybarat. Saparyň ilkinji güni myhmanlar Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Halkara ylmy-tehnologiýa parkynda bolup, tehnopark baradaky maglumatlar, onuň düzümi hem-de bölümlerde ornaşdyrylan innowasion häsiýetli tehnologik gurluşlar bilen tanyşdylar. 25-nji awgustda bolsa Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde maslahat geçirilip, onda bilim ulgamynda alyşmalar we hyzmatdaşlyk boýunça «Merkezi Aziýa — Hytaý» merkeziniň işi bilen tanyşdyryldy. Maslahata Hytaýyň Sinszýan-Uýgur awtonom raýonynyň Kommunistik Partiýasynyň Sekretarynyň orunbasary, bu raýonyň Halk Hökümetiniň başlygy Erkin Tuniýazyň ýolbaşçylygynda Aşgabada gelen wekiliýetiň agzalary, ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň professor-mugallymlary we talyplary gatnaşdy. Dabarada Hytaý Halk Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi, Sinszýan-Uýgur awtonom raýonynyň bilim dolandyryş partiýa komitetiniň sekretary, Sinszýan lukmançylyk uniwersitetiniň, Sinszýan mugallymçylyk uniwersitetiniň prorektorlary çykyş edip, merkeziň işi barada gürrüň berdiler. Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň rektory, Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň, Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň, Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň prorektorlary söz sözläp, bilim ulgamynda alyşmalar we hyzmatdaşlyk boýunça «Merkezi Aziýa — Hytaý» merkeziniň işiniň ýurdumyzyň ylym-bilim ulgamyny kämilleşdirmäge, öňdebaryjy tejribeleri alyşmaga, ýokary bilimli hünärmenleri taýýarlamaga goşant goşjakdygyna ynandyrdylar. Çykyşlarda türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň hoşniýetli, parahatçylyk söýüjilik we ynsanperwer syýasatynyň dünýäde giňden dabaralanýandygy, bu ynsanperwer ýörelgäniň Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda üstünlikli dowam etdirilýändigi, gözbaşyny müňýyllyklardan alyp gaýdýan türkmen-hytaý gatnaşyklarynyň täze taryhy döwürde hil taýdan täze derejä çykýandygy bellenildi. Türkmen-hytaý gatnaşyklarynda beýleki ugurlar bilen bir hatarda, ylym-bilim babatdaky hyzmatdaşlyk hem giň gerime eýe bolýar. Ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleri Hytaý Halk Respublikasynyň ýokary okuw mekdepleri bilen işjeň hyzmatdaşlyk alyp barýarlar. Bu babatda Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersiteti bilen Hytaý Halk Respublikasynyň Sinszýan uniwersitetiniň, Pekiniň daşary ýurt dilleri uniwersitetiniň arasynda baglaşylan Ähtnamalara laýyklykda, ylym-bilim babatynda hyzmatdaşlygy ýola goýmak we ösdürmek ugrunda degişli işleriň alnyp barylýandygy, ýokary okuw mekdepleriniň professor-mugallymlarynyň gatnaşmagynda talyplar üçin okuw sapaklarynyň guralýandygy çykyşlarda öz beýanyny tapdy. Iki ýurduň bilim ojaklarynyň arasyndaky netijeli gatnaşyklar «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda täze derejä çykýar. Muňa mysal hökmünde Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersiteti bilen Halkara dil bilimi we hyzmatdaşlyk merkeziniň we Sinszýan mugallymçylyk uniwersitetiniň arasynda ylym-bilim babatynda hyzmatdaşlygy ýola goýmak maksady bilen, hytaý dilini okatmak çygryndaky hyzmatdaşlyk hakynda Çarçuwaly ylalaşyga gol çekilendigini görkezmek bolar. Hytaýyň Sinszýan-Uýgur awtonom raýonynyň Kommunistik Partiýasynyň Sekretarynyň orunbasary, bu raýonyň Halk Hökümetiniň başlygy Erkin Tuniýazyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýetiň agzalary bilim ulgamynda alyşmalar we hyzmatdaşlyk boýunça «Merkezi Aziýa — Hytaý» merkeziniň tanyşdyryş dabarasynyň dowamynda Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleriniň talyplaryna hytaý dilindäki okuw kitaplaryny sowgat berdiler. Dabaranyň ahyrynda oňa gatnaşyjylar dostluky gatnaşyklary giňeltmäge döredilýän şertler üçin Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza we Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpine tüýs ýürekden hoşallyk sözlerini beýan etdiler. * * * 26-njy awgustda paýtagtymyzdaky «Arçabil» myhmanhanasynda Türkmen-hytaý söwda-ykdysady forumy geçirildi. Oňa hytaýly myhmanlar, türkmen tarapyndan bolsa Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň başlygy, Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrliginiň, Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň, Türkmen ulag-logistika merkeziniň wekilleri gatnaşdy. Foruma gatnaşyjylar, şol sanda telekeçiler, işewür düzümleriň wekilleri öz degişli ugurlary boýunça ozal ýola goýlan hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ilerletmek, bar bolan mümkinçilikleriň esasynda özara gyzyklanma bildirilýän meseleler boýunça täze ugurlarda gatnaşyklary ýola goýmak babatda anyk teklipleri ara alyp maslahatlaşdylar. Resul NURGELDIÝEW, «Watan».
Döwletiň sarsmaz sütüni
Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda «Türkmenistanda umumybilim maksatnamalary boýunça okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmegiň 2028-nji ýyla çenli Konsepsiýasy», «Türkmenistanda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň Konsepsiýasy», «Türkmenistanda tebigy we takyk ylmy ugurlara degişli dersleri okatmagy kämilleşdirmegiň Konsepsiýasy» we beýleki maksatnamalar üstünlikli durmuşa geçirilýär. Bu resminamalar diňe bir nazary bilim bermegi däl-de, eýsem, sanly bilim ulgamyny ornaşdyrmagy, mugallymlaryň hünär derejesini ýokarlandyrmagy, okatmagyň innowasion usullaryny peýdalanmagy göz öňünde tutýar. Şeýle hem «Bilim hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna laýyklykda, her bir raýatyň bilim almaga bolan hukugy kepillendirilýär. Çagalaryň bagtyýar durmuşy we sazlaşykly ösüşi Watanymyzyň abadançylygynyň kepilidir. Ýurdumyzda olaryň abadan we bagtyýar durmuşy üpjün edilip, şahsyýet hökmünde kemala gelmegi hem-de ukyp-başarnyklarynyň doly açylmagy üçin ähli şertler döredilýär. Ýaş nesle mynasyp terbiýe bermek Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň möhüm strategik maksatlarynyň biridir. Bu ugurda Türkmenistan Birleşen Milletler Guramasy we onuň iri düzümleri, hususan-da, BMG-niň Çagalar gaznasy (ÝUNISEF) bilen gatnaşyklary ösdürmäge möhüm ähmiýet berýär. Bu gurama eneligi we çagalygy goramak, ýaş nesliň hemmetaraplaýyn ösmegi üçin maşgalanyň maddy abadançylygyny ýokarlandyrmak, bilim we saglygy goraýyş ulgamlaryny kämilleşdirmek, sagdyn durmuş ýörelgelerini wagyz etmek boýunça ýurdumyzda amala aşyrylýan maksatnamalaryň durmuşa geçirilmegine işjeň gatnaşýar. Ýurdumyzda Ýewropa Bileleşiginiň «ERASMUS+» maksatnamasy, Germaniýanyň «DAAD» we «PAD» maksatnamalary, Germaniýanyň Halkara hyzmatdaşlyk jemgyýeti, ABŞ-nyň bilim maksatnamalary («Techgirls», «Flex», «SUSI»), Hindistan Respublikasynyň «ITEC», Ýaponiýanyň «JIСА» we Koreýa Respublikasynyň «KOIСA» maksatnamalary boýunça hyzmatdaşlyk alnyp barylýar. Bu günki gün ýurdumyzda ýaşlaryň döwrebap hünärleri ele almagy, nazary bilimlerini we amaly endiklerini kämilleşdirmekleri, sanly tehnologiýalary özleşdirmekleri, täze ylmy taglymatlary, öňdebaryjy barlaglarydyr tehnologik tejribeleri öwrenmekleri üçin ähli mümkinçilikler döredilýär. Daşary ýurtlaryň abraýly ýokary okuw mekdeplerinde ýaşlaryň okamaklaryna, şeýle hem olaryň zerur hünärmenler bolup ýetişmeklerine aýratyn üns berilýär. Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň garamagyndaky institutlarda, Halkara ylmy-tehnologiýa parkynda, pudaklaýyn ylmy-barlag edaralarynda, ýokary okuw mekdeplerinde düýpli, täzeçe ylmy-barlag işlerini alyp barmak üçin hemme zerur şertler bar. Bularyň ählisi türkmen ylmyny dünýäde öňdebaryjy orunlara çykarjak ýaş alymlaryň, inžener-tehnologlaryň täze nesliniň kemala gelmegine ýardam berýär. «Maglumatlar we tehnologiýalar asyry» diýlip atlandyrylýan XXI asyrda ylmyň iň täze gazananlary bilen aýakdaş gitmek, milli ykdysadyýetimiziň pudaklaryny ýokary tehnologiýalar bilen üpjün etmek döwrüň talaby we güýçli döwlet bolmagyň esasy şertidir. Bu maksatlar «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynda» aýdyň kesgitlenildi. Sanlylaşdyrmak bilim ulgamynyň täze tapgyrydyr. Elektron okuw kitaplary, wirtual laboratoriýalar we gibrid okatmak usullary bilim almagyň elýeterliligini hem-de gyzyklylygyny artdyrýar. Bu ugurda alnyp barylýan işler Türkmenistanyň ÝUNESKO ýaly halkara guramalary bilen hyzmatdaşlygynyň çäklerinde has-da rowaçlanýar. Bilimli nesil döwletiň sarsmaz sütünidir. Mugallymçylyk usulyýetiniň kämilleşdirilmegi we halkara öňdebaryjy tejribeleriň milli bilim ulgamyna ornaşdyrylmagy, ýaşlaryň giň dünýägaraýyşly, ylymly we watansöýüji şahsyýetler bolup ýetişmeginde uly ähmiýete eýedir. Bagtyýar ýaşlarymyza okamaga, hünär öwrenmäge, yhlasly zähmet çekmäge mümkinçilikleri döredýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, belent başlary aman bolsun! Jennet ARAZOWA, Arkadag şäheriniň prokuraturasynyň kämillik ýaşyna ýetmedikler we ýaşlar hakyndaky kanunlaryň ýerine ýetirilişine gözegçilik bölüminiň prokurory, ýustisiýanyň kiçi geňeşçisi.
«Bilimli» bilen bilimler dünýäsine
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýen buýsançly şygar astynda geçýän taryhy ýylda ýurdumyzyň orta mekdepleriniň 1-nji synpyna okuwa barjak körpelere Şa sowgatlary garaşýar. Megerem, bilimler dünýäsine ilkinji gadamyny basýan ýaş nesliň durmuşyna üýtgeşik ýakym çaýýan bu pursat aýratyn ýatda galyjy bolsa gerek. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň bagtyýar körpeleri bagtly çagalygyň ýurdy bolan Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanda 1-nji synp okuwçylaryna hormatly Prezidentimiziň adyndan «Bilimli» noutbuk kompýuterleriniň sowgat berilýändiginden habarly bolup, her täze okuw ýylynyň öň ýanynda bu şatlykly pursada sabyrsyzlyk bilen garaşýarlar. Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy esasynda mundan 15 ýyl öň ýurdumyzda ilkinji gezek orta mekdepleriň 1-nji synp okuwçylaryna kompýuterler sowgat berlip başlandy. Bu gezek döwlet Baştutanymyzyň adyndan kompýuter sowgat almak nobaty täze — 2026-2027-nji okuw ýylynyň birinji synp okuwçylarynyňky. Elektron senagatyň ösdürilmegi, sanly ulgama geçilmegi bilen, bu ugurdan uly isleg bildirilýän, dünýä bazarynda bäsdeşlige ukyply, eksport ugurly harytlaryň önümçiligi barha artýar. Şunda her ýyl birinji synpa okuwa kabul edilýän okuwçylara sowgat berilýän “Bilimli” noutbuk kompýuterleriniň öz ýurdumyzda öndürilýändigi hem buýsandyryjydyr. Bu ýyl hem, hormatly Prezidentimiziň gol çeken Kararyna laýyklykda, ýurdumyzyň umumybilim berýän orta mekdeplerine birinji synpa barýan okuwçylara gowşuryljak noutbuk kompýuterleri «Agzybirlik tilsimaty» bilelikdäki kärhanasy we «Aýdyň gijeler» hojalyk jemgyýeti tarapyndan öndürilip, häzirki wagtda doly taýýar edildi. Bu kärhanalaryň ýurdumyzyň senagat taýdan ösüşiniň ýokarlandyrylmagynda, milli bilimiň sanlylaşdyrylmagynda mynasyp goşandy bar. Biz ýakynda «Aýdyň gijeler» hojalyk jemgyýetiniň daşary ykdysady departamentiniň sertifikatlaşdyrma we standartlaşdyrma bölüminiň guramaçy-terjimeçisi Mahym Kakaýewa bilen gürrüňdeş bolanymyzda, ol şeýle gürrüň berdi: — Häzirki döwürde milli ykdysadyýetimiziň ähli pudaklaryna innowasion tehnologiýalar ornaşdyrylyp, täzeçe çemeleşmeler, elektron hyzmatlar, «akylly» tilsimatlar halkymyzyň durmuşynyň aýrylmaz bölegine öwrüldi. Biziň hojalyk jemgyýetimiz hem häzirki zaman tehnologik çözgütleri hem-de infrastruktura önümçiligine degişli ulgamlary üpjün etmek, ornaşdyrmak we bu ugurda ýokary hilli, ygtybarly, halkara ülňülere laýyk gelýän hyzmatlary hödürlemek ugruna ýöriteleşendir. Önümçilige girişen günümizden halkara derejede iş alyp baryp, halkymyzy elektron enjamlaryň dürli görnüşleri bilen üpjün etmegimiz, daşary ýurtlaryň birnäçesinde açylan şahamçalarymyz arkaly milli önümlerimizi dünýä ýaýmagymyz on ýylyň dowamyndaky irginsiz zähmetimiziň miwesidir. Önümçilikde daşary ýurt kompaniýalarynda hem-de daşary döwletleriň innowasion tehnologiýalary öndürýän merkezlerinde kämilleşdiriş okuwyny geçip, tehniki enjamlary öndürmek boýunça bilimlerini artdyran tejribeli hünärmenler zähmet çekýärler. Olardan Hangeldi Orazbaýew, Artýom Çeşnow, Aýmyrat Garajaýew dagynyň ýokary ussatlyk bilen işleýändiklerini aýtmaly. Hiline, ýygnalyşyna, işleýşine berk gözegçilik edilmegi önümleriň bäsdeşlige ukyplylygyny artdyrýar. Kompýuterler çagalaryň saglygy üçin howpsuz bolup, onuň meýilnamasyna türkmen, rus, iňlis dilleri, dürli söz düzümleri, saz amallary, öwrediji oýunlar, hasap maşklary, mekdep döwrüniň başky üç ýylynda özleşdirilýän esasy dersler, okuw gollanmalary girizildi. Olaryň daşky görnüşi we gurluşy işlenilip taýýarlanylanda, hünärmenleriň maslahatlary göz öňünde tutuldy we olardaky goşundylaryň ählisi ýurdumyzyň bilim ulgamynyň hünärmenleri bilen bilelikde işlenilip düzüldi. Bu kompýuterleriň operasion ulgamy «Android 15», operatiw ýady 6 gigabaýt, çeýe diski 128 gigabaýt bolup, olar täze, köpugurly sensor paneli, goşmaça multifunksional LED paneli, ýörite gözi goramak üçin pes ýagtylyk derejesi bolan ekran we yşyklandyryjy nyşan, USB kabelli «syçanjyk» we zarýad beriji adapter bilen üpjün edilendir. Noutbuklarda göz öňünde tutulan programma üpjünçiligi, ulanyljak sanly serişdeler, elektron maglumat göterijiler, wideoşekiller we audioýazgylar, elektron sözlüklerdir kitaplar okuwçylaryň has giň möçberdäki maglumatlary kabul etmegine ýardam berýär. Okuw maksatly goşundylardan başga-da, iş ulgamy dürli aň ösdüriji goşundylary oturtmaga hem mümkinçilik berýär. Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk şanly toýunyň uludan bellenilýän ýylynda ýurdumyzyň orta mekdepleriniň 1-nji synpyna barýan körpelere hormatly Prezidentimiziň adyndan «Bilimli» noutbuk kompýuterleri dabaraly ýagdaýda gowşurylar. Munuň özi, Garaşsyzlygymyzyň şanly toýuna, Bilimler we talyp ýaşlar gününe hojalyk jemgyýetimiziň işçi-hünärmenleriniň hem mynasyp zähmet sowgady bolar. Önümçilik kärhanasyny ýola goýup, nurana geljegimiz bolan körpe nesliň zehin we bilim babatda kämilleşmegine, milli bilim ulgamynyň döwrebaplaşmagyna goşant goşmaga döredilýän giň mümkinçilikler üçin Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyşlarymyz bimöçberdir. «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda «Bilimli» bilen ak mekdebiň gapysyny açýan mähriban körpelere bolsa: «Ak mekdebe ilkinji ädimiňiz gutly-mübärek bolsun! Siziň bilimler dünýäsine ilkinji ädimiňiz ylym-bilimiň täzeçil, innowasion tehnologiýalar esasynda ösdürilmegine aýratyn ähmiýet berilýän täze taryhy döwre gabat geldi. Hormatly Prezidentimiziň adyndan sowgat berlen kompýuterlerden peýdalanyp, okaň, öwreniň, kämillige ýetiň!» diýesimiz gelýär — diýip, ýaş hünärmen gürrüňini körpe nesle ak arzuw-niýetler bilen jemledi. Hawa, Bilimler we talyp ýaşlar gününde hormatly Prezidentimiziň adyndan öwrediji kompýuterleri sowgat alýan körpe nesilleriň geljekde orta mekdepleri üstünlikli tamamlap, ýokary bilim alyp, ylmyň çuňluklaryna aralaşyp, innowasion açyşlary, täze teklipleri, iri taslamalary bilen eziz Diýarymyzyň bedew batly özgerişlerine mynasyp goşantlaryny goşjakdyklaryna ynanýarys. Keýik UMAROWA. «Türkmenistan».
Röwşen ertirlere köpri
Ylym-bilim hemişe ösüşiň, özgerişiň we täze mümkinçilikleriň esasy çeşmesi hasaplanylýar. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe bu hakykat has-da aýdyň ýüze çykýar. Ýurdumyzyň ylym-bilim ulgamynda Gahryman Arkadagymyzyň başyny başlan beýik işleri Arkadagly Gahryman Serdarymyz tarapyndan mynasyp dowam etdirilýär. Bu özgertmeleriň özeninde döwletimiziň ýaş nesle döwrebap bilim bermek, olary milli ruhda terbiýelemek, sagdyn we giň dünýägaraýyşly şahsyýetler edip ýetişdirmek baradaky aladalary durýar. Bilim ulgamynyň maddy-enjamlaýyn binýadynyň berkidilmegi, täze döwrebap mekdepleriň we çagalar baglarynyň gurlup ulanmaga berilmegi, okuw otaglarynyň häzirki zaman tehnologiýalary bilen üpjün edilmegi bu ugurda alnyp barylýan işiň netijeli häsiýete eýedigini görkezýär. Sanly tehnologiýalaryň okuw-terbiýeçilik işine giňden ornaşdyrylmagy bilim bermegiň mazmunyny täze derejä çykarýar. Bu babatda Arkadag şäheriniň bilim ulgamynda alnyp barylýan işler aýratyn guwandyryjydyr. Gahryman Arkadagymyzyň ýakynda şähere amala aşyran iş saparynyň dowamynda bu ýerde täze mekdebiň, çagalar bagynyň hem-de sport toplumynyň şekil taslamalarynyň görnüşleri bilen tanşyp, bu binalar toplumynyň ýokary derejede enjamlaşdyrylmalydygyny, lingafon we beýleki okuw otaglarynyň halkara görkezijilere laýyk gelmelidigini bellemegi bilim işgärleriniň öňünde täze wezipeleri goýdy. «Akylly» şäheriň bilim edaralarynda ýaş nesliň ýokary hilli bilim almagy, döredijilik başarnyklaryny ösdürmegi, döwrebap tehnologiýalardan netijeli peýdalanmagy üçin ähli mümkinçilikler bar. Şäheriň orta mekdeplerinde täze okuw ýylyna guramaçylykly girişmek boýunça taýýarlyk işleri hem ýokary derejede geçirildi. Bilim edaralarynyň okuw kitaplary, okuw-usuly gollanmalar bilen üpjün edilmegine, olaryň aýawly saklanylmagyna, «e-Mekdep» elektron bilim dolandyryş ulgamynyň kämil derejede ulanylmagyna, maglumat-aragatnaşyk ulgamlarynyň howpsuzlygyny üpjün etmek meselelerine aýratyn üns berilýär. Bosagadaky 2026 — 2027-nji okuw ýylynda Arkadag şäherinde 600-den gowrak çaganyň birinji synpa okuwa başlamagyna garaşylýar. Olaryň ilkinji ädimleriniň şatlykly we ýatda galyjy bolmagy üçin ähli zerur şertler döredilýär. Birinji synpy okatjak mugallymlar bilen okuwçylaryň ýaş aýratynlyklary, okatmagyň döwrebap usullary we kompýuter sowatlylygyny ýokarlandyrmak boýunça ýörite okuwlaryň geçirilmegi hem bu işe jogapkärçilikli çemeleşilýändigini görkezýär. Şeýle hem ilkinji gezek mekdep partasyna geçjek körpelere hormatly Prezidentimiziň adyndan sowgat beriljek noutbuk kompýuterleriniň taýýarlanylmagy ýaş nesle bildirilýän belent ynamyň aýdyň nyşanydyr. Arkadag şäherinde bilim ulgamynda gazanylýan üstünlikler diňe bir döredilen şertler bilen çäklenmeýär. Şäheriň okuwçylarynyň dürli derejedäki ýerli we halkara bäsleşiklerde gazanýan netijeleri hem ýokarydyr. «Robototehnika» bilim merkeziniň okuwçylarynyň Dubaýda, Londonda geçirilen halkara bäsleşiklerde bürünç hem-de kümüş medallara mynasyp bolmagy, «Altyn asyryň altyn zehinleri» atly döwlet ders hem-de ylmy-döredijilik (taslama) bäsleşiginiň jemleýji tapgyrynda 7 sany baýrakly ornuň eýelenmegi, ýokary okuw mekdepleriniň olimpiadalarynda üstünlik gazanylmagy guwandyryjy netijelerdir. Okuwçylaryň döredijilik, dil, tehniki ugurlardaky bäsleşiklerde hem öňe saýlanýandyklaryny bellemek gerek. «Parahatçylyk: çagalaryň sesi», «Ýol hereketiniň ýaş gözegçileri», «Hünärli nesil — röwşen geljek», «Iň eýjejik gyzjagaz — 2026», «Garaşsyzlygyň merjen däneleri» ýaly bäsleşiklerde gazanylan baýrakly orunlar ýaşlaryň zehininiň dürli ugurlarda ýüze çykýandygyny görkezýär. «Kitap okamaýan görýänini görer, kitap okaýan dünýäni görer» atly kitap okamak, «Arşyň nepisligi — türkmen halysy» atly haly dokamak bäsleşigi we onuň çäginde ýaýbaňlandyrylan sergi-ýarmarka, «Mekdepler futbol bilen birleşýär, dostluk bilen güýçlenýär!» atly futbol ýaryşy hem-de festiwal «akylly» şäheriň mekdep okuwçylarynyň ukyp-başarnyklaryny açyp görkezmekleri üçin özboluşly meýdança öwrüldi. Bilim ulgamynda mugallymyň ornuna aýratyn ähmiýet berilýär. Häzirki döwrüň mugallymy diňe bir öz dersini kämil bilýän hünärmen bolman, eýsem, sanly tehnologiýalardan baş çykarýan, täzeçe pikirlenýän, okuwçynyň döredijilik başarnyklaryny ýüze çykarmaga ukyply, milli we dünýä tejribesini utgaşdyryp bilýän pedagog bolmalydyr. Şonuň üçin bilim işgärleriniň hünär derejesini yzygiderli ýokarlandyrmak, ýaş mugallymlara tejribeli halypalaryň göreldesini ýetirmek möhümdir. Ýakynda Arkadag şäheriniň iňlis dili dersine ýöriteleşdirilen 4-nji orta mekdebinde geçirilen öňdebaryjy pedagogik işgärleriň awgust maslahaty hem şu maksatlara gönükdirildi. Onda täze okuw ýylynda öňde durýan wezipeler, okatmagyň döwrebap usullary, sanly bilimiň mümkinçilikleri, zehinli okuwçylar bilen işleşmek, halypa-şägirtlik gatnaşyklaryny ösdürmek ýaly meseleler giňden ara alnyp maslahatlaşyldy. Maslahatda milli terbiýe bilen bilim bermegiň häzirki zaman usullarynyň sazlaşygyna hem aýratyn üns berildi. Şunuň bilen baglylykda, Arkadag şäheriniň bilim işgärleriniň öňünde zehinli okuwçylary ýüze çykarmak, olaryň halkara olimpiadalara, ylmy we döredijilik bäsleşiklerine gatnaşygyny artdyrmak, daşary ýurt dillerini öwrenmäge höwesini güýçlendirmek, sanly tehnologiýalardan netijeli hem howpsuz peýdalanmak endiklerini ösdürmek ýaly möhüm wezipeler dur. Şäherimiziň bilim ulgamynda gazanylýan üstünlikleriň ýene bir möhüm çeşmesi mugallymlaryň yhlasly zähmetidir. Bilim işgärleriniň döwlet derejesindäki bäsleşiklerde baýrakly orunlara mynasyp bolmagy, olaryň birnäçesiniň 2025 — 2026-njy okuw ýylynda «Zenan kalby» ordeni, «Watana bolan söýgüsi üçin» medaly hem-de «Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy» atly ýadygärlik nyşany bilen sylaglanylmagy halal zähmete berilýän ýokary bahanyň güwäsidir. Ýeri gelende bellesek, täze okuw ýylyna taýýarlyk görmegiň çäklerinde Arkadag şäheriniň bilim edaralarynda mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllyk toýuna we Halk Maslahatynyň mejlisine bagyşlanan wagyz-nesihat çäreleri, «tegelek stol» duşuşyklary, jemgyýetçilik-syýasy söhbetdeşlikler hem yzygiderli guralýar. Bu çäreleriň esasy maksady ýaş nesliň Watana bolan söýgüsini artdyrmakdan, olaryň aňynda «Garaşsyzlyk», «Bitaraplyk» ýaly mukaddes düşünjeleri kemala getirmekden ybaratdyr. Täze nesli terbiýelemek döwletiň geljegini gurmakdyr. Ýaşlaryň giň gözýetimli, saýlap alan hünärinden ussatlyk bilen baş çykarýan şahsyýetler bolup kemala gelmegi üçin beýik işleri alyp barýan Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag bolsun, il-ýurt bähbitli, umumadamzat ähmiýetli döwletli tutumlary hemişe rowaçlyklara beslensin! Şirmuhammet BERDIÝEW, Arkadag şäheriniň bilim müdirliginiň başlygynyň orunbasary.
Курс на высокие технологии
В Государственном медицинском университете Туркменистана имени Мырата Гаррыева состоялась учебная конференция, посвящённая знаковому девизу 2026 года «Независимый нейтральный Туркменистан – родина целеустремлённых крылатых скакунов» и вопросам реализации научно-образовательного потенциала молодого поколения. Мероприятие стало важной площадкой для обсуждения роли современного образования и инновационных технологий в подготовке квалифицированных медицинских кадров. Учебная конференция объединила профессорско-преподавательский состав кафедры общественных наук, педагогов и студентов университета. В центре внимания участников стояли достижения страны в эру Возрождения новой эпохи могущественного государства, а также ключевая роль современных образовательных стандартов в раскрытии научного и творческого потенциала молодёжи. В ходе конференции прозвучали выступления, охватывающие ключевые аспекты и приоритеты развития системы высшего образования в Туркменистане. С сообщением на тему «Роль инноваций в системе образования» выступила преподаватель кафедры общественных наук Огулбайрам Гурбанова. Она подчеркнула, что активное внедрение цифровых технологий и передовых методик обучения – это требование времени. Инновационные решения открывают студентам прямой доступ к мировым базам медицинских знаний, а также формируют аналитический подход и адаптивность, необходимые для успешного профессионального роста. Тематическую дискуссию продолжил представитель той же кафедры Эзиз Тойлыев с работой «Роль современных медицинских центров в обучении студентов». Выступающий отметил, что сформированная в стране сеть высокотехнологичных клиник, оснащённых передовым оборудованием, открывает перед будущими врачами уникальные возможности для клинической практики и исследовательской деятельности. «Современные центры – это не просто лечебные учреждения, а мощные научно-образовательные базы, где фундаментальная теория неразрывно связана с практикой. Такой подход позволяет готовить высококлассных специалистов международного уровня», – резюмировал Эзиз Тойлыев. В завершение встречи было отмечено, что государственная политика Туркменистана, направленная на всестороннюю поддержку образования и науки, создаёт прочный фундамент для процветания страны и воспитания поколения высококвалифицированных врачей, преданных своему делу и Родине. Присутствующие единодушно отметили, что регулярное проведение таких встреч укрепляет исследовательский потенциал студенчества и мотивирует молодёжь на новые научные исследования. В ходе дискуссии была подчёркнута ведущая роль социально ориентированной политики Национального Лидера туркменского народа Героя-Аркадага и Президента Аркадаглы Героя Сердара, благодаря которой по всей стране непрерывно возводятся и модернизируются инновационные медицинские центры. Проведение конференции стало важной частью комплексной подготовки университета к 1 сентябрю – Дню знаний и студенческой молодёжи, вдохновив студентов-медиков на новые успехи в наступающем учебном году и служение родному Отечеству. Гозел ДЖАПБАРОВА, «НТ».
Ahalteke bedewleriniň owazasy — Ýewropa yklymynda
Şu ýylyň 4 — 6-njy sentýabry aralygynda Niderlandlar Patyşalygynyň Kronenberg şäheri ahalteke atçylygynyň «dünýä paýtagtyna» öwrüler. Taryhda ilkinji gezek Ýewropa giňişliginde ahalteke atlarynyň arasynda dünýä çempionaty, gözellik bäsleşigi, etnografik sergi hem-de ylmy-amaly maslahat ýaly tutumly çäreler geçiriler. Bu waka diňe bir giň gerimli sport ýa-da baýramçylyk çäresi bolman, eýsem, Türkmenistanyň milli gymmatlygy hasaplanýan ahalteke bedewleriniň dünýä giňişligindäki ornuny täze derejä çykarýan medeni diplomatik üstünlikdir. Halkara ähmiýetli atçylyk çäreleri «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda Garaşsyzlygyň şanly 35 ýyllyk toýuny has-da dabaralandyrar. Ahalteke bedewleriniň şan-şöhraty asyrlaryň jümmüşinden biziň günlerimize çenli köpasyrlyk ýol geçip, özüniň kämilligi bilen Ýer ýüzüniň dürli künjeklerinde ýaşaýan adamlary haýran galdyrmagyny dowam etdirýär. Geçen asyryň ikinji ýarymyndan başlap Germaniýada, Fransiýada, Şweýsariýada, Italiýada we Niderlandlarda ahalteke tohumyna bolan gyzyklanma täzeden güýçlendi. Ýewropaly atşynaslar tarapyndan döredilen Ýewropa ahalteke atçylyk assosiasiýasy bu ulgamda möhüm guramaçylyk hyzmatyny ýerine ýetirýär. Ol tohumyň genofondyny arassa saklamak, Ýewropanyň şertlerinde bedewleri sporta uýgunlaşdyrmak we genetiki barlaglary geçirmek boýunça uly işleri alyp barýar. Bu gurama Milli Liderimiziň başlangyjy bilen 2010-njy ýylda döredilen Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasy bilen ýakyn hyzmatdaşlyk saklaýar. Türkmenistan — ahalteke atlarynyň ösdürilip ýetişdirilýän mekany, bu tohumy döreden gadymy toprak we baş seleksiýa merkezi. Ýewropaly atşynaslar bu tohum atlar boýunça her ýyl Aşgabatda geçirilýän halkara maslahata gatnaşyp, tohumyň arassalygy, genetika we sport integrasiýasy barada tejribe alyşýarlar. Olar atçylyk forumlarynda hem-de neşirlerde yzygiderli çykyş edip, Ýewropada ahalteke atçylygyny ösdürmäge we wagyz etmäge uly goşant goşýarlar. Awstriýada ýaşaýan atşynas hem-de weterinar lukman Markus Hubman «Endurance Horses» atçylyk hojalygyny, germaniýaly Katarina Ýakob «Akhal-Teke Zuchtverein» guramasyny, Ýožef Nýeki Wengriýanyň Ahalteke atçylyk assosiasiýasyny dolandyrmak, Ýaroslaw Dražan bolsa Çehiýada ahalteke atçylygynyň düýbüni tutmak bilen, Ýewropada arassa ganly ahalteke bedewlerini köpeldýärler, aralyk çapyşyklara taýýarlaýarlar we halkara gözden geçirilişlere hünärmen hökmünde gatnaşýarlar. Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany bilen olaryň dördüsine hem «Türkmenistanyň at gazanan atşynasy» diýen hormatly at dakyldy. Wenger atşynasy we seleksioner Ý.Nýeki häzir hem Mişkols, Opuştaser sebitlerindäki hojalyklarynda arassa ganly ahalteke bedewlerini köpeltmek we olaryň seçgi-seleksiýa işleri bilen meşgullanýar. M.Hubman, Ý.Dražan, K.Ýakob bolsa öz fermalarynda ahalteke bedewlerini saklap, olary Ýewropada köpeltmek boýunça işlerini dowam etdirýärler. Katarina Ýakob öz çykyşlarynyň birinde: «Ahalteke — diňe bir at däl, ol guş mysaly ýeňil, çägede emele gelen janly altyn gudratdyr» diýdi. Ýožef Nýeki bolsa: «Ahalteke bedewi janly sungat eseridir. Olaryň altyn öwüşginli bedeni, syratly anatomiýasy we eýesine bolan çuňňur wepalylygy dünýäniň başga hiç bir tohumynda ýok. Wengriýada we tutuş Ýewropada bu bedewlere bolan gyzyklanma ýyl-ýyldan artýar, sebäbi olarda gadymy taryhyň we estetiki kämilligiň syry bar» diýip, türkmen bedewine ýokary baha berýär. Bu bedewlere bir gezek göwün beren adam olaryň duýgurlygyna we fiziki güýjüne haýran galýar. Meger, şonuň üçindir, Ýewropada ahalteke atlarynyň janköýerleri ýyl geçdigiçe artýar. Daniýaly Lene Bellhag ahalteke bedewleri boýunça Ýewropada belli seçgiçi hem-de hünärmen hökmünde tanalýar. Mikael Žan-Lui Fransiýanyň Ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň ýolbaşçylarynyň biridir. Ol türkmen bedewlerini Ýewropada uzak aralyga çapyşyklarda we dressaž sportunda ösdürmek boýunça hem uly işleri alyp barýar. Germaniýaly atşynas, žurnalist we seçgiçi Gudrun Waýdiçka Ýewropa yklymynda ahalteke bedewleri barada köp sanly tematik materiallaryň we fotoalbomlaryň awtorydyr. Atşynas Edit Koster Niderlandlar Patyşalygynda ahalteke bedewleriniň genofondyny arassa saklamak hem-de olary Ýewropa sportuna integrasiýa etmek ugrunda işjeň zähmet çekýär. Hans-Peter Werder bolsa türkmen bedewlerini Şweýsariýada ösdürýän meşhur seçgiçidir. Bulary behişdi bedewleriň ýurdunda — Türkmenistanda geçirilýän uly toý-baýramlarda görmek, olar bilen wagtal-wagtal söhbetdeş bolmak kalbyňa ýakymly duýgulary çaýýar. Ýewropada okyjylara ahalteke atlaryna bagyşlanan, olary taryhy, ylmy we foto-sungat taýdan çuňňur öwrenýän ýörite ylmy-köpçülikleýin neşirler hem hödürlenýär. Mysal üçin, Germaniýada «The Akhal-Teke: Heavenly Horse of Ancient Bactria» («Ahalteke: Gadymy Baktriýanyň asman bedewi»), «Akhal-Teke: Horse of Golden Cloud» («Ahalteke: altyn bulutlaryň bedewi»), «Akhal-Teke: The Heavenly Horse» («Ahalteke: asman bedewi), Fransiýada «L’Akhal-Teke» («Ahalteke»), «Akhal-Teke: Le cheval divin» («Ahalteke: behişdi bedew») ýaly türkmen bedewleriniň taryhyna we seleksiýasyna bagyşlanan birnäçe gymmatly fotoalbomlar hem-de žurnallar çap edilýär. Ýewropa ahalteke atçylyk assosiasiýasy (Germaniýa, Niderlandlar, Fransiýa) tarapyndan çykarylýan «Akhal-Teke Inform» we «Akhal-Teke Rundschau» («Ahalteke habarlary») atly ýöriteleşdirilen tohumçylyk býulletenleri we maglumat žurnallary hem bar. Beýik Britaniýanyň atçylyk sportuna we atçylyga bagyşlanan «Horse & Hound» («At we tazy»), «Equestrian Life» («Atçylyk durmuşy») we Fransiýanyň «L’Eperon» («Üzeňňi») diýen iri žurnallarynda bolsa ahalteke bedewleri bilen bagly halkara çäreler, gözellik bäsleşikleri we atly ýaryşlar barada aýratyn habarlar we synlar berilýär. Häzirki zaman dünýä atçylyk senagatynda iki sany uly meýil bar: birinjisi — ýewropalylaryň (aň, anatomiya we böküş tehnikasy) standartlaşdyran ýarym arassa ganly sport tohumlary, ikinjisi bolsa müňýyllyklaryň seçgiçiliginden geçen arassa ganly genofonddyr. Ýewropaly seçgiçiler ahalteke bedewiniň çydamlylygyna, uzak aralyklara geçirilýän ýaryşlardaky fiziki durnuklylygyna, iň esasysy bolsa, tohumyň arassalygyna uly üns berýärler. Şonuň üçin Ýewropadaky ahalteke atçylyk ulgamy ahalteke atlaryny diňe bir owadan «eksponat» hökmünde däl, eýsem, olaryň işjeň sport häsiýetlerini hem saklap galmaga çalyşýar. Atyň bedeniniň altyn-metallik öwüşgini hem-de «gurak» anatomiýasy ýewropalylary haýran galdyrýar. Ýewropada «warmblood» (ýarym arassa ganly) diýlip atlandyrylýan sport atlary juda köp, ahalteke bedewleri bolsa seýrek duş gelýän özboluşly ekzotika hasaplanýar. Kronenbergdäki atçylyk dabarasy «ahalteke aty» diýen brendi öňe sürmekde tagallalary birleşdirmäge ýardam eder. Häzirki wagtda iň meşhur golland sport atlaryny (KWPN /dutch warmbloodg) ýetişdirýän Niderlandlar dünýäniň atçylyk bazarynda öňdebaryjy ýurtlaryň, atçylyk industriýasynyň, sportunyň we seçgiçiliginiň iň ösen merkezleriniň biridir. Bu ýurtda atçylyk diňe bir medeniýet däl, eýsem, ýokary derejede ösen ykdysady we ylmy ulgamdyr. 2015-nji ýylda gurlan «Peelbergen Equestrian Centre» toplumy Ýewropada öz degişli ugry boýunça iň iri we döwrebap toplum hasaplanýar. Ahalteke bedewleriniň abraýly halkara atçylyk bäsleşikleriniň çäklerinde özüne mynasyp orun almagy olara uly meşhurlyk we şöhrat getirýär. Dünýäniň häzirki zaman weterinar we ylmy-genetika barlaghanalarynyň ünsüni Türkmenistanyň atçylyk genofondyna çekýär. Bedewlerimiziň Niderlandlar Patyşalygyndaky bäsleşikleri ýurdumyzyň bu ugurdaky halkara diplomatiýasynyň netijeliligini, işjeňligini görkezýär hem-de Ýewropa yklymynda tohumyň geljekki seçgiçilik ýoluny kesgitleýän möhüm tapgyr bolup hyzmat edýär. Bu çäre milli we halkara atçylyk pudaklarynyň ylmy-amaly hem-de tejribe taýdan utgaşýan meýdançasyna öwrüler. Şonuň üçin ony «halklary we yklymlary birleşdirýän medeni köpri» diýip arkaýyn atlandyryp bolar. Ýewropada atlaryň sport häsiýetine we durnuklylygyna uly üns berilýär. Ahalteke atlary özleriniň çydamlylygy, ýyndamlygy hem-de çeýeligi üçin juda gymmat görülýär. Ýewropalylar 1960-njy ýylda Rimde geçirilen Olimpiadada S.Filatowyň çapyksuwarlygynda ýeňiş gazanan Absent atly ahalteke bedewini häzir hem unutmaýarlar. «Absendiň Olimpiýa münberlerini eýelän wagtyna çenli atçylyk sportunda baş öwretmegiň Günbatar Ýewropa mekdebi ykrar edilipdi... Onuň hereketleri diňe çapyksuwar tarapyndan sazlanman, eýsem, türkmen atçylygynyň asyrlara uzaýan medeniýeti, gadymy seýisçilik mekdebi tarapyndan sünnälendi» diýip, Gahryman Arkadagymyz «Ahalteke bedewi — biziň buýsanjymyz we şöhratymyz» atly kitabynda aýdýar. Türkmenistan ajaýyp türkmen atlaryny Olimpiýa sportunyň meýdançalaryna täzeden gaýtaryp getirmegi maksat edinýär. Ahalteke bedewleri Ýewropa ýurtlaryna asyrlarboýy uly täsir edip geldi, ýerli tohum atlarynyň kemala gelmegine gatnaşdy. Häzir dünýäde iň naýbaşy sport atlary bolan nemes we golland atlarynyň şejeresini çuňňur öwrensek, olaryň gözbaşynda ahalteke yzlaryny tapyp bolýar. Ýewropanyň meşhur sport tohumlarynyň, mysal üçin, arassa ganly iňlis atynda ahalteke bedewleriniň ganynyň bardygy hakykat. Iňlis ippologlary öz atlarynyň düýbüni tutujylar, ýagny iňlis tohumynyň erkek ugrunyň nesilbaşylary hökmünde üç sany meşhur aty öňe sürýärler: birinjisi — Baýerli Türk, ikinjisi — Godolfin Arabian, üçünjisi bolsa Darli Arabiandyr. XVII asyrda Beýik Britaniýada «türk» sözi milleti däl-de, geografiýany aňladypdyr. «Baýerli Türk» diýlip atlandyrylýan bedew Wenanyň eteginde osmanlylardan olja alnypdyr. Häsiýetlendirilişine görä, ol hakyky ahalteke atyny ýada salypdyr. Munuň şeýledigini onuň taryhy suratlardaky keşbi hem tassyklaýar. Bedewiň «türk» diýlip atlandyrylmagynyň sebäbi ol döwürde iňlisler «türkmen» diýen sözi bilmeýärdiler. Beýleki iki höwür aty «arap» sözi bilen baglanyşdyrsalar-da, soňra olaryň ikisiniň hem ahalteke atlarynyň tohumyndandygy anyklanyldy. Germaniýada ýetişdirilýän trakenen tohumy Ýewropa atlarynyň arasynda ahalteke bedewleriniň iň köp gany bar bolan tohumdyr. XVIII-XIX asyrlarda Prussiýanyň şalary Gündogardan birnäçe aýgyrlary satyn alypdyrlar. Hünärmenler Turkmen-Atti atly aýgyryň arassa ganly ahalteke bedewi bolandygyny aýdýarlar. XVIII asyryň 90-njy ýyllarynda Germaniýa getirilen bu ajaýyp höwür atdan trakenen tohumy ýaýraýar. Aýdyşlaryna görä, bu at köpçülige görkezilende, myhmanlaryň biri: «Türkmen aty!» diýip gygyrypdyr. «Turkmen-Atti» diýen at şondan soň galypdyr. Häzirki zaman iňlis, nemes we golland seçgiçileri ahalteke atynyň gany bolmadyk bolsa, öz atlarynyň beýle nepis we çeýe bolup bilmejekdigini aýdýarlar. Ýewropalylar ahalteke atynyň bu hyzmatyny gizläp duranoklar. Olar bu tohumyň dünýäde iň gadymy we iň arassa tohum bolup galýandygyny ykrar edýärler. Sentýabryň başynda Kronenberg şäherinde ahalteke atlaryna bagyşlanyp halkara çäreleriň guralmagynyň özi hem bu behişdi bedewlere goýulýan uly hormatyň nobatdaky güwäsi bolar. «Pilbergen» ýaly uly toplumda geçiriljek çärelere 3 günüň dowamynda müňlerçe tomaşaçy, şol sanda Ýewropa ýurtlaryndan we Türkmenistandan başga-da, BAE-den, ABŞ-dan, HHR-den, Türkiýeden we beýleki ýurtlardan weterinarlar, atşynaslar, seçgiçiler, žurnalistler gatnaşarlar. «Equestrian Life» we «Horse & Hound» atly halkara atçylyk žurnallary bu taryhy waka Aziýa altynynyň Ýewropa yklymyndaky öwüşgini hökmünde baha berýär. Ýewropa jemgyýetçiligi XXI asyrda türkmeniň ganatly bedewleriniň şan-şöhratyny mundan beýläk-de beýgeltmek üçin möhüm giňişlikdir. Oraz ABDYÝEW. «Türkmenistan»
Bilim — nurana geljegiň binýady
Orazdursun BABAÝEWA,Aşgabat şäherindäki 129-njy çagalar bakja-bagynyň terbiýeçisi: — Bilim bermegiň ilkinji derejesi bolan mekdebe çenli çagalar edaralarynda okuw-terbiýeçilik işleri pedagogikanyň, psihologiýanyň, okatmagyň usulyýetiniň täze gazananlaryna laýyklykda taýýarlanylan okuw maksatnamalary we meýilnamalary esasynda alnyp barylýar. «Türkmenistanda umumybilim maksatnamalary boýunça okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmegiň 2028-nji ýyla çenli Konsepsiýasyna» laýyklykda, bu ugurda bilim işiniň hili ýokarlandyrylýar, innowasion pedagogik çemeleşmeler giňden ornaşdyrylýar, çagalaryň sazlaşykly ösüşi üpjün edilýär. Çagalaryň irki ýaş döwri beden we psihiki taýdan has çalt ösýän döwrüdir. Şonuň üçin çagalaryň terbiýesiniň takyk we dogry guralmagy zerurdyr. Ýaş nesle terbiýe bermek, bilim, hünär öwretmek bilen bagly müňýyllyklardan gözbaş alýan milli ýörelgelerimiz, şeýle hem ylmy pedagogikanyň düýbüni tutujylar bolan çeh pedagogy Ýan Komenskiniň, şweýsar pedagogy Genrih Pestalossiniň, italýan lukman-psihology we pedagogy Mariýa Montessoriniň, ýapon pedagogy Masaru Ibukanyň öňdebaryjy usulyýetleri, aýratyn hem, Gahryman Arkadagymyzyň terbiýäniň 12 görnüşi baradaky taglymatlary esasynda degişli işler meýilnamalaýyn esasda dowam etdirildi. Çagalaryň matematikany, daşary ýurt dilleriniň başlangyç esaslaryny öwrenmekleri, tebigy ukyp-başarnyklaryny ösdürmekleri üçin giň mümkinçilikler döredildi. Olarda logiki pikirlenmäni kemala getirmek üçin interaktiw oýunlar, iňlis we rus dillerini özleşdirmekleri üçin aýdym-sazly hem-de şekilli görkezme gollanmalary giňden ulanylýar. Şonuň bilen birlikde, çagalaryň surat çekmek, aýdym aýtmak, gurnamak we sport bilen meşgullanmak ýaly tebigy zehinlerini irki ýaşdan ýüze çykarmaga aýratyn üns berilýär. Döredilen bu şertler körpeleriň mekdep durmuşyna aňsat uýgunlaşmaklaryna we akyl ýetiriş ukyplarynyň ýokarlanmagyna uly ýardam edýär. Geçen okuw ýylynda mekdebe taýýarlyk işlerini kämilleşdirmek boýunça işler ýerine ýetirildi. Häzirki wagtda ýurdumyzyň çetki sebitlerinde we obalarynda umumybilim edaralarynyň binýadynda doly däl iş gününde hereket etjek mekdebe taýýarlaýyş toparlaryny açmak boýunça işler alnyp barylýar. Çagalar edaralarynyň işini sanlylaşdyrmak üçin «e-Bakja» dolandyryş ulgamyny ornaşdyrmak maksady bilen, Aşgabat, Arkadag şäherleriniň, Ahal welaýatynyň degişli çagalar bakja-baglarynda synag taslama işleri ýerine ýetirilýär. Bularyň ählisi mekdebe çenli bilim edaralarynyň işini has-da netijeli guramaga, çagalarymyzyň mekdebe taýýarlygynyň gerimini giňeltmäge giň mümkinçilik berýär. Mekdebe çenli bilim ulgamynyň esasy hereketlendiriji güýji bilimli, döredijilikli, hünärine ussat işgärleridir. Şoňa görä-de, geçen okuw ýylynda terbiýeçileriň hünär derejesini ýokarlandyrmak, olaryň täze pedagogik usullary we innowasion tehnologiýalary özleşdirmegini üpjün etmek ugrunda zerur işler alnyp baryldy. Täze okuw ýylynda hem bilim-terbiýeçilik işiniň hilini yzygiderli ýokarlandyrmaga aýratyn üns bereris. Her bir çaganyň şahsy aýratynlygyny, ukybyny we gyzyklanmasyny nazara almak, döredijilik mümkinçiliklerini açmak, özbaşdak pikirlenmek we durmuş endiklerini ösdürmek biziň maksadymyz bolar. Şunuň bilen baglylykda, häzirki zaman pedagogik tehnologiýalary bilim işinde netijeli ulanarys. Ýazga geçiren Begli ABDYKADYROW. «Türkmenistan»
Bilim — nurana geljegiň binýady
Çemen KÖMEKOWA,Daşoguz şäherindäki iňlis dili, biologiýa we himiýa derslerini çuňlaşdyryp öwredýän ýöriteleşdirilen 26-njy orta mekdebiň iňlis dili mugallymy: — Biziň orta mekdebimiz 2023-nji ýylyň awgust aýynda BMG-niň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça guramasynyň (ÝUNESKO) Assosirlenen mekdepleriniň torunyň agzalygyna girizilen gününden başlap, bu guramanyň öňde goýan wezipelerini ýerine ýetirmekde köp işleri amala aşyrdy. Mekdebimiziň mugallymlarydyr okuwçylary hem-de olaryň ata-eneleri guramanyň ady agzalan halkara torunyň agzasy bolmagyň iňňän uly jogapkärçiligine örän dogry düşünýär. Ýurdumyzy, şäherimizi, mekdebimizi we tebigaty arassa saklamak, howanyň üýtgemegi bilen bagly ekologiýany goramagy göz öňünde tutýan bäsleşikleri geçirmek, wideoşekilleri düşürmek biziň esasy öňe sürýän maksatlarymyzyň birine öwrüldi. Okuwçylar tebigaty goramak, onuň arassalygyny saklamak maksady bilen, geçirilýän terbiýeçilik ugurly wagyz-nesihat duşuşyklaryna uly höwes bilen gatnaşýarlar. Bu çäreler olarda birek-birege bolan goldawy, sylag-hormaty, agzybirligi kemala getirýär. 2023 — 2026-njy ýyllarda meýilnamalaşdyrylan çärelerimiziň netijesiniň uly bolandygyna ynanýarys, sebäbi şol ýyllarda halkymyzyň gadymdan gelýän parahatçylygy ündeýän milli däp-dessurlaryny açyp görkezýän uly terbiýeçilik ähmiýetli çäreleri geçirdik. Şolaryň hatarynda ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizilen gymmatlyklary gorap saklamak maksady bilen, mekdebimiziň mugallymlarynyň ýolbaşçylygynda okuwçylaryň gatnaşmagynda Daşoguz welaýatynyň Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýine, Köneürgenjiň taryhy-medeni ýadygärliklerine syýahatlarymyzy, Ysmamyt ata ýadygärlikler toplumyna okuw gezelenjimizi, ýörite mowzuk boýunça düzme ýazmak we goşgy düzmek ýaryşlarymyzy, surat çekmek, milli däp-dessurlarymyza eýerip, gyzlaryň arasynda el işlerini taýýarlamak we haly dokamak bäsleşiklerimizi belläp geçsek has ýerlikli bolar. Geçirilen bu çäreleriň esasy maksady edebi mirasymyzyň, medeni baýlyklarymyzyň gymmatyny açyp görkezmekden ybaratdyr. Mümkinçilikden peýdalanyp, ýaşlaryň bilim almagy we halkara derejede öz ukyp-başarnyklaryny görkezmekleri ugrunda döredilýän şertler üçin Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza tüýs ýürekden hoşallygymyzy bildirýäris. Ýazga geçiren Begli ABDYKADYROW. «Türkmenistan»
Bilim — nurana geljegiň binýady
Döwlet ATAÝEW,Lebap welaýatynyň Türkmenabat şäher häkimliginiň Türkmenistanyň Gahrymany Gurbansoltan eje adyndaky 1-nji hünär-tehniki okuw mekdebiniň direktory: — “Ýaşyl başarnyklar” durnukly jemgyýeti we ykdysadyýeti kemala getirmek üçin zerur bolan bilimler, başarnyklar, gymmatlyklar we garaýyşlardyr. Hünär-tehniki bilim ulgamynda bu başarnyklar energiýa netijeliligi we gaýtadan dikeldilýän energiýa; tebigy baýlyklardan tygşytly peýdalanmak; ekologik baha bermek we gözegçilik ugurlaryny öz içine alýar. Türkmenistanyň durnukly ösüş baradaky milli maksatnamalaryna hem-de döwlet borçnamalarymyza laýyklykda, Aziýanyň ösüş banky bilen hyzmatdaşlygyň çäklerinde «Ýaşyl başarnyklar» boýunça giň möçberli strategik taslama taýýarlandy. Taslamany ýokary derejede taýýarlamak, ornaşdyrmak we monitoring işlerini alyp barmak üçin Aziýanyň ösüş bankynyň halkara hem-de Türkmenistanyň ministrlikleriniň, hünär-tehniki, orta hünär we ýokary okuw mekdepleriniň hünärmenlerinden ybarat bolan meýilleşdiriş hem-de utgaşdyryş topary döredildi. Bu bilelikdäki toparyň işi bilimiň hilini halkara standartlara laýyk getirmäge we maýa goýumlaryň netijeliligini ýokarlandyrmaga gönükdirilendir. Bu taslama hünär-tehniki okuw maksatnamalaryny we usuly gollanmalary taýýarlamaga goldaw berýär. Şu maksat bilen, ösen halkara ölçeglere laýyklykda, hünär-tehniki bilimi edaralaryň energetika, gurluşyk we oba hojalygy ugurlarynyň okuw meýilnamalaryna “Ýaşyl başarnyklar we serişdeleri tygşytlamak” moduly girizildi. Onuň çäklerinde talyplarymyza gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleri, Gün panelleriniň hem-de ýel generatorlarynyň netijeliligi öwrediler. Türkmenistanyň yssy howa şertlerinde binalaryň ýylylyk deňagramlylygyny saklamak we suw serişdelerini aýawly ulanmak maksady bilen giňişleýin Gurluşyk moduly girizilýär. Bu ugurda binalaryň fasadlarynda mermeriň şöhle serpikdiriji aýratynlyklaryny ulanmak, wentilýasiýaly fasadlar, “akylly” penjireler we gadymy sowadyş usullarynyň döwrebap inženerlik çözgütleri öwrediler. Şeýle-de “akylly” suwaryş ulgamlary, akaba suwlaryny gaýtadan arassalap ulanmak we “Arkadag — akylly şäher” taslamasynda ulanylan ekologiýa dizaýn ýörelgeleri ornaşdyrylar. Oba hojalygy ulgamynda takyk we tygşytly oba hojalygy häzirki zaman oba hojalygynyň esasy ugurlarynyň biridir. Ol maglumat tehnologiýalaryny, GPS-i, datçikleri, dronlary we beýleki sanly enjamlary ulanmak bilen, ekin meýdanlarynda suw, dökün we beýleki serişdeleri takyk (zerur ýerde we zerur mukdarda) ulanmagy, şeýle hem olary tygşytly (az sarp edip, ýokary netije almak) peýdalanmagy göz öňünde tutýar. Arassaçylyk, serişdeleri tygşytlamak we tebigaty söýmek endigi çagalar bagyndan başlanmalydyr. Şu ýerde ýurdumyzyň milli hünär bilim ulgamynda hünär-tehniki mekdeplerimizde “Terbiýeçiniň kömekçisi” hünärine bu dersiň girizilmegini aýratyn belläp geçesimiz gelýär. Bu ädim üçin 40 sagatlyk ýöriteleşdirilen okuw meýilnamasy hem-de okuw-usuly binýat doly taýýarlanyldy. Bu hünär boýunça körpelere suwy, elektrik energiýasyny tygşytlamagy, teleradio we oýunjak enjamlaryny aýawly ulanmagy oýun ýa-da erteki görnüşinde öwretmegiň usulyýeti işlenip taýýarlanyldy. Ýazga geçiren Begli ABDYKADYROW. «Türkmenistan»
Перспективы преподавания английского языка
На базе Международного университета гуманитарных наук и развития начал работу образовательный форум – конференция по преподаванию английского языка носителям других языков «TESOL 2026: English for Tomorrow». Данное мероприятие проводится под эгидой Международной ассоциации TESOL при официальном содействии Министерства образования Туркменистана и поддержке Посольства США в Туркменистане. Укрепляя сложившиеся традиции, МУГНиР уже третий год подряд выступает главной диалоговой платформой для проведения этого методического события. В работе трёхдневной конференции принимают участие сотни преподавателей английского языка со всех велаятов страны и городов Ашхабад и Аркадаг. На торжественной церемонии открытия форума было подчёркнуто, что в Туркменистане под мудрым руководством Президента Сердара Бердымухамедова и Национального Лидера туркменского народа, Председателя Халк Маслахаты Гурбангулы Бердымухамедова реализуются комплексные шаги по совершенствованию языкового образования. В стране активно внедряется мировой опыт методического обеспечения, модернизируются учебные программы и государственные стандарты, совершенствуется система подготовки педагогов и укрепляется учебно-методическая база. Программа конференции включает пленарные заседания, интерактивные сессии, презентации и практические мастер-классы. В роли спикеров выступили ведущие американские специалисты в области лингвистики и лингводидактики: Дэвид Кьеза, Уильям Ньюман, Тамрика Хвтисиашвили, Лиза Брисбуа и Хайди Фауст. Ключевые темы пленарных докладов и рабочих сессий охватывали наиболее актуальные тренды современного образования, включая интеграцию цифровых технологий, применение искусственного интеллекта и совершенствование педагогических стратегий. В ходе работы конференции были детально рассмотрены перспективы преподавания английского языка и роль человеческих навыков в эпоху ИИ, развитие навыков разговорного взаимодействия с помощью современных нейросетей, методика высокоэффективного обучения и разработка систем оценивания будущего. Особое внимание участники уделили вопросам дифференциации на уроках, подготовке учащихся к международным языковым экзаменам, формированию эффективной обратной связи, стимулированию мотивации студентов и развитию критического мышления. Наряду с зарубежными специалистами со своими докладами выступили туркменские преподаватели. Они осветили такие темы, как повышение эффективности использования материалов на уроках английского языка, практико-ориентированные методики обучения, развитие критического мышления посредством работы с художественной литературой, а также преодоление типичных трудностей в изучении английского как иностранного. Особое внимание на заключительных семинарах было уделено ключевым принципам TESOL для организации образцового преподавания и возможностям профессионального роста педагогов. Основанная в 1966 году, Международная ассоциация TESOL выступает признанным мировым лидером и стандартом в сфере преподавания английского языка как второго или иностранного. Программы ассоциации объединяют десятки тысяч специалистов по всему миру и направлены на овладение эффективными приёмами речевой деятельности, формирование грамматических и лексических навыков, а также совершенствование произношения. Хабиб ХАЛМАМЕДОВ, декан факультета социально-гуманитарных наук Международного университета гуманитарных наук и развития.
Bilim — nurana geljegiň binýady
Kakajan ÇARYÝAROW,Hydyr Derýaýew adyndaky Mugallymçylyk mekdebiniň pedagogika we psihologiýa mugallymy: — Gahryman Arkadagymyzyň «Älem içre at gezer» atly romanynda: «Mugallym çagalara terbiýe berýärkä, özüniň adaty bir adamdygyny unudyp, hakyky mugallym bolmalydyr» diýlip bellenilýär. Watançy esger, ilhalar ynsan, ussat mugallym Berdimuhamet Annaýewiň bu nesihaty mugallymyň hünär taýdan kämil bolmagy üçin onuň şahsyýetine örän uly talap bildirilýändigini tassyklaýar. Emosional intellekt mugallymyň özüniň hem-de okuwçylarynyň emosiýalaryny tanamak, düşünmek, olary dolandyrmak ukybyny aňladýar. Şu nukdaýnazardan, emosional intellekti ýumşak ussatlyk — pedagogik diplomatiýa hasaplap bileris. Mugallymyň emosional intellekti iki baglanyşykly sütüne esaslanýar. Olaryň birinjisini «içerki sütün», ikinjisini bolsa «şahsyýetara sütün» diýip atlandyrmak bolar. Içerki sütün, ýagny pedagogyň öz-özüni dolandyryşy barada aýdylanda, mugallymyň aňyna bir okuw gününiň dowamynda ençeme pedagogik gyjyndyryjylar täsir edýär. Bu ýagdaý mugallymyň sapagy dogry pedagogik akym boýunça dowam etdirmegine oňaýsyz täsirini ýetirýär. Şoňa garamazdan, öz emosiýalaryna erk edip, olary sowukganly dolandyrmagy başarýan pedagog okuwçylaryň özünden nusga alýandyklaryny hiç mahal unutmaýar. Ol «Sözlemezden ozal 5 sekunt saklan hem pikirlen!» ýörelgesine, «Girmeziňden öň çykmagyňy oýlan» halk pähimine eýerip, oňlanylmaýan emosiýalary tiz duýýar hem-de olary dessine «tertibe salýar». Munuň üçin «Şu ýerde — şu wagt», «Gijikdirip jogap bermek», «Ýagdaýa aňly-düşünjeli baha bermek» usullaryny peýdalanmak ýerliklidir. Şahsyýetara sütün, ýagny pedagogyň okuwçylar toparyny dolandyryşy barada gürrüň edilende, okuwçylar toparynyň çylşyrymly emosiýalar ulgamydygyny bellemek gerek. Okuwçylar bilim derejesi, saglyk ýagdaýy, emosional durnuklylygy, häsiýeti, gylygy, temperamenti, kabul edişi, ünsi babatda biri-birinden tapawutlanýarlar. Şoňa görä-de, olar islendik oňaýsyz pedagogik ýagdaýy dartgynlylyk derejesine ýetirmän, ony janly hem-de işewür hyzmatdaşlyga öwürmegi başarýan mugallyma has artyk sarpa goýýarlar. Diýmek, mugallymyň wezipesi okuwçylaryň indiwidual emosiýalaryny aradan aýyrmak däl-de, olary netijeli dolandyrmagy, okuw işine gönükdirmegi başarmakdyr. Bu babatda «Emosiýalaryň art-menejmenti», «Emosional barometr» usullaryny ulanmak amatly hasaplanylýar. Emosional sowatlylyk mugallym üçin şu mümkinçilikleri açýar: birinjiden, hakyky mugallyma mahsus adamkärçilik sypatlary terbiýelenýär; ikinjiden, mugallyma okuwçylar topary, öz kärdeşleri, ata-eneler bilen hoşniýetli işewür hyzmatdaşlygy ýola goýmaga ýardam edýär; üçünjiden, pedagogik aragatnaşygy kämilleşdirmek arkaly mugallym iş netijeliligini ýokarlandyrýar; dördünjiden, emosional intellekt psihologik sagdynlygy gorap saklamagyň ygtybarly ýoludyr, emosional atmosferasy oňaýly sapakda okuwçylar oňlanylmaýan emosiýalaryň «girdabyna» düşmeýärler — temadan ünsüni sowmaýarlar, jedele girmekden saklanýarlar, şahsy pikirlerini sowukganlylyk bilen paýlaşýarlar; bäşinjiden, emosional sowatlylyk mugallymyň hünär ýadawlygynyň öňüni almagyň çelgisidir. Görnüşi ýaly, emosional intellekt mugallymyň psihologik sowudydyr, ruhy galkanydyr. Ony hemişe arassa hem mäkäm saklamak mugallymçylyk işinde abraý-mertebe, üstünlik, şol sanda ynam gazanmagyň «altyn açarydyr». Ýazga geçiren Begli ABDYKADYROW. «Türkmenistan».
Bilim — nurana geljegiň binýady
26-njy awgustda Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde ýurdumyzyň bilim işgärleriniň maslahaty geçirildi. «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýen şygar bilen geçen maslahatda geçen okuw ýylynda milli bilim ulgamyny kämil derejede ösdürmek, ylymly, bilimli, giň gözýetimli, maksada okgunly ýaşlary terbiýeläp ýetişdirmek, häzirki zaman usullary we öňdebaryjy täze tehnologiýalary okuw işine ornaşdyrmak babatda durmuşa geçirilen işlere seredildi hem-de 2026-2027-nji okuw ýylynda öňde durýan wezipeler ara alnyp maslahatlaşyldy. Bilim işgärleriniň maslahatda eden çykyşlaryndan käbirini okyjylara ýetirmegi makul bildik. Maksat ÇARYÝEW,Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň rektory: — «Türkmenistanda ýokary hünär bilimini ösdürmegiň 2026 — 2052-nji ýyllar üçin Strategiýasynyň» hem-de ony durmuşa geçirmek boýunça 2026 — 2030-njy ýyllar üçin çäreleriň Meýilnamasynyň tassyklanmagy bu ugurda alnyp barylýan işleriň uzak möhletleýin maksatlaryny we esasy ugurlaryny kesgitledi. Strategiýada bilim edaralarynyň halkara abraýyny ýokarlandyrmak, ýokary hünär biliminiň dünýä bilim giňişliginde bäsdeşlige ukyplylygyny üpjün etmek, ýokary bilim ulgamynyň dolandyrylyşyny döwrebaplaşdyrmak, okuw-usulyýet işlerine innowasion usullary, sanly tehnologiýalary we emeli aňy ornaşdyrmak, döwlet we halkara akkreditasiýasy ulgamyny ösdürmek, bilim, ylym, önümçilik hem-de işewürlik ulgamlarynyň arasyndaky özara gatnaşyklary pugtalandyrmak göz öňünde tutulýar. Ýokary okuw mekdeplerinde terbiýeçilik işiniň esasy özeni «gymmatlyk — aňly-başly iş — şahsy hereket» yzygiderliliginden ybarat bolýar. Ýaş nesil, ilki bilen, öz halkynyň ruhy gymmatlyklaryny öwrenýär, soňra olary okuw, ylmy we jemgyýetçilik işlerinde netijeli ulanýar, ahyrky netijede bolsa özleşdiren ruhy-ahlak ýörelgelerini şahsy durmuşynyň durnukly kadasyna öwürýär. Bu ulgamyň ilkinji möhüm bölegi özüňe milli jähetden aň ýetirmekden ybaratdyr. Ýokary okuw mekdeplerinde Türkmenistanyň taryhyny, halkymyzyň medeni mirasyny, Magtymguly Pyragynyň we beýleki nusgawy şahyrlarymyzyň döredijiligini, häzirki zaman türkmen jemgyýetiniň milli aýratynlyklaryny, maşgala we jemgyýetde kemala gelen ahlak ýörelgelerini öwrenmek boýunça yzygiderli işler alnyp barylýar. Ruhy-ahlak terbiýesini bermegiň ikinji möhüm ugry talyp ýaşlarda parahatçylyk, ynanyşmak we halkara jogapkärçilik medeniýetini terbiýelemekden ybaratdyr. Üçünji ugry bolsa ýaş nesli jemgyýet üçin peýdaly amaly işleriň üsti bilen terbiýelemekden ybaratdyr. Mysal üçin, ÝUNESKO-nyň “Durnukly ösüş üçin ekologiýa bilimi” kafedrasy, “Parahatçylyk dilleri”, “Daşky gurşawy goramak — durnukly ösüşiň möhüm ugry” klublary tarapyndan ýaşlaryň ekologiýa sowatlylygyny ýokarlandyrmaga hem-de ýerli ekoulgamlaryň tebigy mümkinçiliklerini gorap saklamaga bagyşlanan medeni aň-bilim çäreleri yzygiderli geçirilýär. Şeýle çäreler ýaşlarda ekologiýa medeniýetini, hyzmatdaşlyk başarnyklaryny hem-de durnukly ösüş üçin şahsy jogapkärçilik duýgusyny kemala getirýär. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda hem-de Gahryman Arkadagymyzyň ynsanperwer başlangyçlary netijesinde ýurdumyzda ýaşlaryň sazlaşykly ösüşi üçin ähli zerur şertler döredilýär. Biziň esasy wezipämiz şol mümkinçilikleriň ýaşlaryň her biriniň biliminde, ynam-ygtykatynda hem-de döredijilikli işlerinde öz beýanyny tapmagyny gazanmakdan ybaratdyr. Ýazga geçiren Begli ABDYKADYROW. «Türkmenistan»
Ýaş nesliň kämillik basgançaklary
Ýene sanlyja günden ýurdumyzyň bilim edaralarynda 2026-2027-nji täze okuw ýylynyň başlanýandygyny alamatlandyrýan ilkinji jaň kakylar. Bilimler we talyp ýaşlar güni mynasybetli Diýarymyzyň çar künjeginde döwrebap bilim ojaklarynyň açylyş dabaralary geçiriler. Ähli ýerde bolşy ýaly, bu ajaýyp bilimler baýramyna Mary welaýatynyň bilim-terbiýeçilik edaralarynda-da uludan taýýarlyk görüldi. Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallalary esasynda bilim ulgamyny kämilleşdirmek boýunça alnyp barylýan işler bilimli, ylymly, Watanyň beýik geljegi, halkyň ykbaly babatda ýokary jogapkärçilik duýgusyna eýe bolan hakyky watansöýüji nesilleriň kemala gelmegine, jemgyýetimizde bilimiň gymmatynyň has-da artmagyna oňyn täsirini ýetirýär. Taryha nazar aýlanyňda, ylym-bilimiň hemişe ösüşiň iň möhüm şerti bolandygyny görmek bolýar. Şoňa görä, ylma we bilime adamzadyň ähli ösüşleriniň, özgerişleriniň özenini düzýän, islendik ýurduň, halkyň geljegini, ykbalyny kesgitleýän gymmatlyk hökmünde baha berilýär. Parasatly pederlerimiziň «Bilim bilen hikmet — altyndan gymmat», «Hünär — akar bulak, ylym — ýanar çyrag» ýaly dürdäne jümleleriniň mysalynda-da bu hakykata göz ýetirmek bolýar. Täze taryhy döwürde hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ata-babalarymyzyň geçmişdäki gazananlaryny mynasyp dowam etdirmek, häzirki zaman ösüşleri bilen aýakdaş gitmek maksady bilen, bilim we ylym ulgamyny kämilleşdirmäge uly ähmiýet berilýär. Ýurdumyzyň çar künjeginde orta mekdepleriň, çagalar baglarynyň onlarçasynyň açylyp ulanmaga berilmegi bilim özgertmeleriniň üstünliklere beslenýändigini, ýaş nesilleriň bilimli, ösen dünýägaraýyşly bolmaklary üçin giň mümkinçilikleriň döredilýändigini görkezýär. 1-nji synpa barýan okuwçylara “Bilimli” kompýuterleriniň sowgat berilmegi bolsa ýaş nesil barada döwlet derejesinde alada edilýändiginiň aýdyň beýanydyr. «Bilim hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň rejelenen görnüşi, «Ýaşlar barada döwlet syýasaty hakynda» Türkmenistanyň Kanuny, çaganyň irki ösüşini we mekdebe taýýarlygyny ösdürmek babatda mekdebe çenli çagalar edaralarynyň işini kämilleşdirmek boýunça maksatnamalar ýaşlary döwrebap şertlerde okatmak, olara milli ýörelgelerimiziň esasynda edep-terbiýe bermek, ukyp-başarnyklaryny ýüze çykarmak we ösdürmek ugrunda alnyp barylýan işleriň hukuk binýadyny emele getirýär. Bilim ulgamynyň birinji basgançagy hasaplanýan mekdebe çenli bilim edaralarynyň işini döwrebap guramakda öňde duran wezipeleriň durmuşa geçirilmegi okatmagyň usulyýeti boýunça täze okuw-usulyýet toplumlarynyň döredilmegini, ýurdumyzyň bilim ulgamynyň dünýäniň bilim giňişligine işjeň goşulyşmagyny, okatmagyň usulyýetini milli tejribä we halkara bilim standartlaryna laýyklykda döwrebaplaşdyrmagy talap edýär. Gahryman Arkadagymyzyň körpeler bilen alnyp barylýan işleri dünýä ülňülerine laýyk kämilleşdirmek, olara mähirli garamak strategiýasy häzirki wagtda Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda has-da rowaçlanýar. Degişli maksatnamalaryň çäginde inklýuziw bilime, çaganyň irki ösüşine, täze usullaryň bilim işine ornaşdyrylmagyna bagyşlanan çäreler, duşuşyklar, okuw maslahatlary yzygiderli guralýar. Çagalar baglarynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny berkitmäge, bilim işiniň mazmunynyň baýlaşdyrylmagyna gönükdirilen işleriň täze okuw ýylynda-da üstünlikli dowam etdiriljekdigine ynanýarys. Ýyldyzlar asmany bezeýän bolsa, adamy bilim bezeýär. Milli Liderimiziň we hormatly Prezidentimiziň nesil terbiýesi baradaky taglymatlaryndan, ata-babalarymyzyň bu ugurdaky milli mirasyndan ugur alyp, bilimli, giň dünýägaraýyşly, Watana wepaly ýaşlary terbiýeläp ýetişdirmek ýaly asylly işe mynasyp goşant goşmak her bir bilim işgäriniň mukaddes borjudyr. Ogulgerek ANNAGELDIÝEWA, Mary welaýat Baş bilim müdirliginiň başlygynyň mekdebe çenli bilim we terbiýe, mekdepden daşary çagalar edaralary boýunça orunbasary.
Ориентиры нового учебного года
В контексте последовательного претворения в жизнь масштабной государственной политики, направленной на развитие интеллектуального и научно-творческого потенциала народа, в Туркменском государственном университете имени Махтумкули состоялось ежегодное совещание работников системы образования Туркменистана. Этот представительный маслахат, организованный Министерством образования и прошедший под девизом 2026 года «Независимый нейтральный Туркменистан – родина целеустремлённых крылатых скакунов», объединил руководителей учебных заведений всех уровней, профессорско-преподавательский состав, ведущих учёных, педагогов и методистов со всех велаятов страны. Главной целью форума стало подведение итогов 2025-2026 учебного года, всесторонний анализ достигнутых результатов в процессе модернизации отрасли, а также выработка стратегических ориентиров и предметных задач на предстоящий 2026-2027 учебный год. Выступая в ходе пленарных заседаний, участники форума с гордостью подчёркивали, что успехи образовательного сектора выступают прямым следствием неуклонной реализации государственных программ и социально-экономических стратегий, инициированных руководством страны. В качестве ключевого нормативно-правового и методологического фундамента проводимых преобразований выступают Программа «Возрождение новой эпохи могущественного государства: Национальная программа социально-экономического развития Туркменистана на 2022–2052 годы» и «Программа Президента Туркменистана социально-экономического развития страны в 2022–2028 годах», а также Законы Туркменистана «Об образовании» и «О государственной молодёжной политике». Развивая положения этих основополагающих документов, участники совещания уделили особое внимание практической реализации «Концепции совершенствования методики преподавания по общеобразовательным программам до 2028 года» и «Стратегии развития высшего профессионального образования в Туркменистане на 2026–2052 годы». Наряду с системными трансформациями отрасли делегаты рассмотрели задачи по модернизации нормативно-правовой базы. Приоритетными векторами работы определены цифровая трансформация учебно-воспитательного процесса, развитие интерактивной образовательной среды, а также совершенствование преподавания иностранных языков, естественных и точных наук на английском языке для успешного выхода одарённой молодёжи на международную арену. Особое внимание уделено кадровому потенциалу: повышению квалификации педагогов, укреплению взаимодействия по линии «наука – образование – производство» и развитию традиционного института наставничества. Наравне с продвижением здорового образа жизни и массового спорта духовной основой воспитания подрастающего поколения названо изучение фундаментальных трудов Героя-Аркадага и Аркадаглы Героя Сердара. Совещание, ставшее важным событием на 2026-2027 учебный год, сопровождалось тематической выставкой успехов учащихся и завершилось принятием благодарственного Обращения к Президенту Туркменистана. Слово – участникам маслахата. Гульшат МУЛЬКИЕВА,преподаватель Международного университета гуманитарных наук и развития: – В эру Возрождения новой эпохи могущественного государства под мудрым руководством Президента Аркадаглы Героя Сердара и Национального Лидера туркменского народа Героя-Аркадага в нашей стране осуществляется фундаментальная модернизация ключевых отраслей, где приоритетным вектором выступает непрерывное развитие сферы образования. Принятие «Стратегии развития высшего профессионального образования в Туркменистане на 2026–2052 годы» и утверждение Плана мероприятий по её реализации на 2026–2030 годы задали долгосрочные ориентиры для вывода национальной высшей школы на уровень международных стандартов. Современные университеты и институты призваны выполнять не только академическую функцию по передаче специализированных знаний и навыков, но и выступать в качестве важнейшего социокультурного института, формирующего мировоззрение личности, её нравственный базис и социальную зрелость. Обеспечение нерасторжимого единства учебного и воспитательного процессов способствует выработке у студенческой молодёжи высокого уровня культуры мышления, гражданской ответственности и способности к конструктивному диалогу. Фундаментальным условием гармоничного развития академической среды выступает органичный синтез самобытного наследия туркменского народа с общечеловеческими духовными идеалами. Опора на национальные традиции, устное народное творчество, классическую литературу и научные труды великих мыслителей позволяет молодым людям осознать свои исторические корни, в то время как знакомство с мировым культурным достоянием воспитывает широту взглядов и уважение к мировому сообществу. Ключевая роль в этой миссии принадлежит преподавателю, который в условиях современной информатизации остаётся главным наставником и духовным ориентиром для студентов. Цифровая трансформация и внедрение мультимедийных технологий существенно расширяют образовательный инструментарий. Вместе с тем инновации не должны заменять личное академическое общение и индивидуальный подход к обучающимся. Применение современных интерактивных методик – проектной работы, научных дискуссий и ситуационного анализа – способствует максимальной реализации творческого и исследовательского потенциала молодёжи, её активному вовлечению в общественную жизнь страны. Арслан ЧАРЫЕВ,старший преподаватель Института телекоммуникаций и информатики Туркменистана: – В нашей стране созданы все условия для воспитания эрудированного, духовно богатого и физически здорового молодого поколения. В контексте реализации государственных образовательных программ стратегическим вектором выступает внедрение передовых информационно-коммуникационных технологий и инновационных подходов на всех ступенях обучения. Особое место в модернизации отрасли занимает освоение технологий искусственного интеллекта (ИИ). Наше государство активно развивает международное партнёрство в этой области: осуществляется плотный обмен опытом с Институтом ЮНЕСКО по информационным технологиям в образовании, ведутся совместные проекты с зарубежными научно-образовательными центрами, а в отечественных вузах систематически открываются новые профильные специальности. Инструменты ИИ открывают широкие горизонты для индивидуализации обучения – от анализа усвоения тем и автоматического формирования персональных заданий до объективной оценки эффективности педагогического процесса. В средних школах успешно функционирует платформа «E-mekdep», объединяющая электронный дневник, расписание и мониторинг успеваемости. В вузах страны действуют единые информационные порталы с модулями дистанционного обучения, электронными библиотеками и исследовательскими блоками. Значимым шагом стал запуск профильного ресурса «dalasgar.bilim.tm» для отслеживания приёмной кампании в режиме реального времени, а также внедрение программного обеспечения «eResminama», оптимизировавшего документооборот в учебных заведениях. Цифровая трансформация открывает принципиально новые возможности, но их главным ключом остаются знания и мастерство педагога, способного грамотно применять инновации. Выражаю глубокую признательность Национальному Лидеру туркменского народа Герою-Аркадагу и Президенту Туркменистана за всемерную поддержку науки, высшей школы и создание условий для вдохновенного труда во имя будущего страны. Махым АННАМУХАММЕДОВА,учитель физики средней школы № 18 Каахкинского этрапа Ахалского велаята, победитель конкурса «Учитель года – 2026»: – Сегодня главная обязанность педагогов точных наук заключается в модернизации учебного процесса – переходе от традиционной подачи теории к активному формированию у учащихся исследовательского, инженерного мышления и устойчивого интереса к естественным наукам. Для достижения этой цели мы широко внедряем в школьную практику научно обоснованные, инновационные методики обучения, цифровую среду, интерактивные мультимедийные комплексы, электронные учебные пособия и виртуальные лабораторные практикумы. Особое значение приобретает активное освоение передовых способов преподавания точных дисциплин на английском языке. Такой комплексный подход не только помогает раскрыть научный потенциал одарённой молодёжи, но и подготавливает наших школьников к успешному участию в международных предметных олимпиадах и научно-проектных конкурсах, расширяя их возможности в глобальном образовательном пространстве. Гармоничное развитие личности немыслимо без прочного духовно-нравственного и патриотического фундамента. На уроках и во внеурочной деятельности мы ориентируемся на фундаментальные труды Национального Лидера туркменского народа Героя-Аркадага и книги Президента Аркадаглы Героя Сердара, воспитательный потенциал которых служит неисчерпаемым источником мудрости и имеет неоценимое значение для подрастающего поколения. Вдохновляясь великим жизненным путём и педагогическим наследием выдающихся учителей народа – деда Героя-Аркадага Бердымухамеда Аннаева и отца Национального Лидера туркменского народа, деда главы государства Мяликгулы Бердымухамедова, учительство страны готово с полной отдачей сил, знаний и опыта трудиться во имя воспитания эрудированного, духовно богатого и преданного Отчизне молодого поколения. Выражаю искреннюю признательность руководству страны за созданные условия для непрерывного совершенствования национальной системы образования. Ораздурсун БАБАЕВА,воспитатель детского сада № 129 города Ашхабад, победитель конкурса «Воспитатель года – 2026»: – Августовский маслахат работников сферы образования Туркменистана стал наглядным свидетельством огромного внимания, которое государство уделяет развитию всех звеньев национальной системы образования, начиная с её самого первого и ответственного этапа – дошкольного воспитания. Именно в раннем возрасте закладываются физические, интеллектуальные и нравственные основы гармоничного развития личности, её будущих успехов и социальной адаптации. Сегодня детский сад – это современная развивающая среда. Мы активно внедряем в практику научно обоснованные методики раннего развития, развивающие игровые технологии, элементы логики и мультимедийные интерактивные средства. Это позволяет поддерживать естественную любознательность малышей, развивать их речь, мышление, творческие способности и обеспечивать качественную, всестороннюю подготовку к школе. Отдельный приоритет нашей работы – укрепление здоровья и формирование гигиенической культуры воспитанников с самых малых лет. Сочетание систематической физкультурно-оздоровительной работы, режима дня и правильного питания помогает вырастить крепкое и энергичное поколение. Наряду с этим с помощью сказок, устного народного творчества и доступных детскому восприятию национальных традиций мы прививаем малышам первые уроки доброты, уважения к старшим, любви к родной природе и своей Отчизне. Созданные в стране условия – прекрасные, светлые, оснащённые по мировым стандартам детские сады – позволяют нам подходить к воспитанию каждого ребёнка индивидуально, своевременно выявляя и поддерживая первые таланты. Гозел ДЖАПБАРОВА, «НТ».
Готовимся к школе
Конец лета – особенное время для каждой семьи, где растут дети школьного возраста. После каникул вновь наступают ранние подъёмы, учебные и домашние задания, дополнительные кружки и секции. Для ребёнка это не просто возвращение к урокам, а необходимость вновь перестроить режим сна, питания, отдыха и интеллектуальной нагрузки. Правильная подготовка к учебному году помогает сделать этот переход спокойным и комфортным. Причём подготовить необходимо не только школьную форму, учебники и канцелярские принадлежности, но и организм, эмоциональное состояние и привычки самого ребёнка. Во время каникул дети нередко ложатся спать позже обычного и просыпаются значительно позднее. Резкий переход к школьному графику может привести к сонливости утром, раздражительности, снижению внимания и быстрой утомляемости. Поэтому желательно начинать возвращение к школьному распорядку заранее. юнеско рекомендует за несколько дней до начала занятий постепенно приближать время сна и пробуждения к школьному графику, а также восстанавливать регулярное время приёмов пищи. Полноценный сон имеет большое значение для памяти, внимания, эмоционального состояния и способности воспринимать новую информацию. Недосыпание может проявляться не только усталостью, но и раздражительностью, снижением мотивации и трудностями с концентрацией. Полезно сформировать спокойный вечерний ритуал: завершить активные занятия, убрать гаджеты, принять душ, почитать книгу или поговорить с родителями. Спальня должна быть местом отдыха, а не продолжением учебного или игрового пространства. Начало учебного года – не время для пропуска завтрака или постоянных перекусов сладостями. Рацион ребёнка должен быть разнообразным и включать продукты, обеспечивающие организм белками, сложными углеводами, полезными жирами, витаминами, минералами и пищевыми волокнами. Всемирная организация здравоохранения (ВОЗ) подчёркивает, что основой здорового питания являются разнообразие, баланс, умеренность и достаточность, а предпочтение следует отдавать овощам, фруктам, цельным злакам, бобовым и другим минимально обработанным продуктам. Хорошим началом учебного дня может стать полноценный завтрак, например, каша, яйцо, кисломолочный продукт, цельнозерновой хлеб, овощи или фрукты. Конкретный набор продуктов зависит от возраста ребёнка, его аппетита и индивидуальных потребностей. Для перекуса подойдут фрукты, натуральные кисломолочные продукты, орехи при отсутствии аллергии и других противопоказаний, цельнозерновые изделия. Важно также следить за достаточным употреблением воды. Сладкие газированные напитки, чрезмерное количество кондитерских изделий и продуктов с высоким содержанием соли не должны становиться основой ежедневного питания. Современный школьник много времени проводит сидя: на уроках, за домашними заданиями, перед компьютером или со смартфоном. Поэтому движение должно стать обязательной частью дня. ВОЗ рекомендует детям и подросткам 5–17 лет в среднем не менее 60 минут физической активности умеренной или высокой интенсивности ежедневно. Это может быть ходьба, бег, плавание, велосипед, спортивные игры, танцы и другие виды активности, которые соответствуют возрасту и физическим возможностям ребёнка. При этом вовсе не обязательно превращать физическую активность в дополнительную обязанность. Гораздо полезнее выбрать то, что ребёнку действительно нравится. Совместная прогулка родителей с детьми, игра во дворе, езда на велосипеде или спортивная секция могут одновременно укреплять здоровье и семейные отношения. Телефон, планшет и компьютер стали частью современной жизни. Они используются и для учёбы, и для общения, и для отдыха. Поэтому задача родителей – не обязательно полностью исключить гаджеты, а научить ребёнка пользоваться ими разумно. Некоторые родители стремятся перед началом учебного года заставить ребёнка повторить весь материал предыдущего класса. Однако чрезмерная нагрузка может вызвать усталость и снизить интерес к учёбе. Гораздо полезнее постепенно активизировать познавательную деятельность: читать книги, обсуждать прочитанное, решать небольшие логические задачи, интересоваться природой, историей и окружающим миром. Правильно организованное пространство снижает количество отвлекающих факторов. Рабочий стол желательно расположить так, чтобы ребёнку было удобно читать и писать. Освещение должно быть достаточным, а учебные принадлежности – находиться под рукой. Начало учебного года может сопровождаться волнением. Особенно это касается первоклассников, детей, переходящих в новую школу, и подростков, для которых меняются требования и социальное окружение. Родителям следует разговаривать с ребёнком о его ожиданиях и переживаниях. Простые вопросы: «Чего ты ждёшь от нового учебного года?», «Что тебя радует?», «Есть ли что-нибудь, что тебя беспокоит?» помогают ребёнку почувствовать поддержку. Подготовка к школе – подходящее время, чтобы обратить внимание на общее самочувствие ребёнка. Родителям стоит обсудить с медицинским специалистом вопросы, которые вызывают беспокойство, особенно, если ребёнок часто утомляется, жалуется на головные боли, испытывает трудности со сном или заметно хуже переносит физическую и учебную нагрузку. Важно также уделять внимание зрению, состоянию зубов, осанке и физической активности. Вот несколько советов родителям. Не превращайте подготовку к школе в стресс. Ребёнку важно чувствовать, что начало учебного года – не наказание, а новый этап развития. Готовьтесь вместе, пусть ребёнок участвует в выборе школьных принадлежностей, организации рабочего места и составлении распорядка. Поддерживайте интерес к знаниям. Интересный разговор, книга, наблюдение за природой или совместное решение задачи иногда дают больше, чем многочасовые занятия. Хвалите усилия, а не только результат, так как это помогает формировать настойчивость и уверенность в собственных силах. Учите самостоятельности, потому что ребёнок должен постепенно учиться собирать портфель, следить за своими вещами, выполнять домашние задания и планировать время. Не забывайте об отдыхе, у школьника должны оставаться часы для игры, общения, прогулок и любимых занятий. Будьте примером для своего ребёнка. Здоровый режим, умеренное использование гаджетов, правильное питание и физическая активность взрослых значительно легче воспринимаются детьми, если они видят это в повседневной жизни семьи. Школьная готовность – это гораздо больше, чем новые тетради, форма и аккуратно собранный портфель. Это состояние, при котором ребёнок физически отдохнул, хорошо питается, достаточно двигается, умеет организовать своё время и знает, что дома его понимают и поддерживают. Самое главное – помнить, что успешный школьник – это не тот, кто получает только отличные оценки, а ребёнок, который сохраняет здоровье, любознательность, уверенность в себе и желание учиться. А фундамент для этого закладывается прежде всего в семье. Агаюнус МЫРАДОВА, преподаватель кафедры гигиены питания Государственного медицинского университета Туркменистана имени Мырата Гаррыева. Фотоэтюд Аннанура РЕДЖЕПОВА.
Ýurdumyzyň bilim işgärleriniň maslahaty
Aşgabat, 26-njy awgust (TDH). Şu gün Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» şygary bilen ýurdumyzyň bilim işgärleriniň maslahaty geçirildi. Onda geçen okuw ýylynyň jemi jemlenildi hem-de 2026-2027-nji täze okuw ýylynda öňde durýan möhüm wezipeler ara alnyp maslahatlaşyldy. Maslahatyň öňüsyrasynda oňa gatnaşyjylar ýokary okuw mekdebiniň eýwanynda Diýarymyzyň bilim ulgamynda gazanylan üstünliklere bagyşlanan sergini synladylar. Bu ýerde Gahryman Arkadagymyzyň hem-de hormatly Prezidentimiziň paýhasyndan dörän, bilim ulgamynyň ähli işgärleri we ýaş nesil üçin gollanma öwrülen kitaplaryna aýratyn orun berildi. Döredilýän döwrebap mümkinçilikleriň netijesinde talyplaryň we mekdep okuwçylarynyň halkara ders olimpiadalarynda, bäsleşiklerde gazanýan üstünliklerini, oýlap tapyşlaryny görkezýän gymmatlyklar hem uly gyzyklanma döretdi. Aýdym-sazly çykyşlarda asuda Watanymyzyň waspy ýetirildi. Maslahatyň başynda bilim ulgamynda gazanylan üstünlikleri beýan edýän wideoşekiller görkezildi. Çykyş edenleriň belleýişleri ýaly, Gahryman Arkadagymyzyň başyny başlan giň gerimli bilim özgertmeleriniň Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Arkadagly Gahryman Serdarymyz tarapyndan üstünlikli dowam etdirilmegi netijesinde hemmetaraplaýyn bilimli, döwrebap tehnologiýalardan baş çykarýan kämil nesil kemala gelýär. Ýurdumyzda milli bilim ulgamyny kämilleşdirmäge, ösdürmäge hem-de döwrebaplaşdyrmaga döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri hökmünde ähmiýet berlip, täze tehnologiýalar, bilimler we innowasiýalar esasynda ylymly-bilimli, sagdyn nesli terbiýelemek babatda giň mümkinçilikler döredilýär. Maksatnamalara, konsepsiýalara, strategiýalara, milli we öňdebaryjy tejribelere laýyklykda özgertmeler üstünlikli durmuşa geçirilýär. Bilim ulgamynyň maddy-enjamlaýyn binýady yzygiderli kämilleşdirilýär. Şunda «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasy», «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasy» esasynda häzirki zaman kompýuterleri, barlaghana enjamlary, interaktiw-multimedia tehnologiýalary bilen üpjün edilen döwrebap bilim edaralarynyň gurluşyklary giň gerimde dowam etdirilýär. 2025-2026-njy okuw ýylynda çagalar bagyndan başlap, ýokary okuw mekdeplerine çenli bilim işi milli ýörelgelere, öňdebaryjy tejribelere hem-de halkara ölçeglere laýyklykda kämilleşdirilip, bilimiň üznüksizligi, onuň ähli derejesiniň yzygiderliligi üpjün edildi. Okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmek baradaky meseleler hem maslahatda esasy üns berlen ugur boldy. Şunuň bilen birlikde, dünýä tejribesi esasynda okuw meýilnamalaryny we maksatnamalaryny, kitaplary kämilleşdirmek boýunça işler dowam etdirilip, ylmy-taslama işlerini alyp barmagyň usulyýetini kämilleşdirmek boýunça okuw-usulyýet toplumlary taýýarlanyldy. Umumybilim edaralarynda dersleri çuňlaşdyryp öwretmek, ýaşlary döredijilige höweslendirmek işlerine uly orun berlip, okatmagyň innowasion usullarynyň işjeň peýdalanylmagyny gazanmak babatda tagallalar dowam etdirildi. Mekdep okuwçylarynyň arasynda geçirilýän dürli bäsleşikleriň gerimi giňeldilip, ýeňiji okuwçylar, olaryň ylmy ýolbaşçylary, ýaş mugallymlara halypalyk edýän pedagogik işgärler sylaglanyldy. Ýokary hünär bilimini ösdürmegiň 2026 — 2052-nji ýyllar üçin Strategiýasyna laýyklykda, ýokary okuw mekdeplerinde ruhy-ahlak terbiýesi boýunça işleriň netijeliligini ýokarlandyrmak meselelerine möhüm orun berildi. Ýurdumyzyň ýaş neslini watançylyk ruhunda terbiýelemek bilen bir hatarda, olara taryhy ösüşiň esasy maksatlaryny, häzirki zaman meýillerini, döwlet syýasatynyň ugurlaryny düşündirmäge, häzirki döwürde ýaýbaňlandyrylan ägirt uly özgertmeleriň many-mazmunyny açyp görkezmäge uly üns berilýär. Bitarap Türkmenistanyň sebit, yklym, umumadamzat ähmiýetli başlangyçlar bilen çykyş etmegi, umumadamzat ähmiýetli meseleleriň çözgüdine goşant goşmagy Watanymyza bolan buýsanç duýgusyny has-da artdyrýar. Ýaşlaryň dünýä ölçeglerine laýyk derejede bilim almagynyň möhüm şertleriniň biri hem olaryň häzirki zaman maglumat tehnologiýalaryny netijeli ulanyp bilmegini gazanmakdan ybaratdyr. Ýurdumyzyň bilim ulgamynyň häzirki ösüş tapgyrynda öňde durýan wezipeler öňdebaryjy gazanylanlaryň esasynda sanly bilim ulgamynyň mundan beýläk-de ösdürilmegini, okatmagyň innowasion çemeleşmeleri bilen utgaşyklylykda maglumat-kommunikasiýa tehnologiýalarynyň bilimiň ähli basgançaklarynda giňden ornaşdyrylmagyny şertlendirýär. Bilimi ösdürmekde ulanylýan täze, geljegi uly ugurlaryň biri-de emeli aň tehnologiýalarydyr. Häzirki wagtda ýurdumyz bu ugurda halkara guramalar, daşary ýurtlar bilen ýakyndan hyzmatdaşlyk edýär. Maslahatda bilim ulgamynda ynsanperwer gymmatlyklary ösdürmegiň ugurlaryna hem aýratyn üns çekildi. Nygtalyşy ýaly, ynsanperwer gymmatlyklary ösdürmegiň esasy şertleriniň biri bilim bilen terbiýäniň bitewüligini üpjün etmekden ybaratdyr. Bilim edarasynda berilýän her bir ders ýaşlaryň diňe bir hünär bilimlerini baýlaşdyrman, eýsem, olaryň pikirleniş medeniýetine, durmuş garaýyşlaryna, şahsyýet hökmünde kemala gelmegine-de täsirini ýetirýär. Çykyşlarda inklýuziw bilimi ornaşdyrmakda pedagogik işgärleriň öňünde durýan wezipeler barada durlup geçildi. Inklýuziw bilim — bu ukyplaryna we mümkinçiliklerine garamazdan, çagalaryň bitewi bilim gurşawynda bilelikde okadylmagydyr. Inklýuziw bilimiň çäginde çagalaryň fiziki, akyl, medeni-ahlak, dil we beýleki aýratynlyklaryna garamazdan, orta mekdeplerde beýleki çagalar bilen bilim almagyna mümkinçilikler döredilýär. Şunuň bilen baglylykda, Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň alyp barýan işlerine aýratyn üns çekildi. Gaznanyň işi jemgyýetde ynsanperwer ýörelgeleri dabaralandyrmakda, ýaşlary ata-babalarymyza mahsus belent adamkärçilik, asyllylyk, hoşniýetlilik ýörelgeleri esasynda terbiýelemekde hem nusgalyk görelde bolup durýar. Maslahatda takyk ylma degişli dersleri okatmagy kämilleşdirmegiň konsepsiýalaryna laýyklykda, bilim ulgamyny dünýä ölçeglerine çykarmak boýunça degişli işleriň durmuşa geçirilýändigi bellenildi. Öňde goýlan maksatlara ýetmek üçin okuw dersleri öwredilende, kompýuter tehnikalaryndan, innowasion usullardan netijeli peýdalanmak zerurdyr. Şeýle hem halkara guramalar, şol sanda ÝUNESKO bilen hyzmatdaşlygyň çäginde bilim, medeniýet, döredijilik ugurlarynda tejribe alyşmak, täze dostlukly gatnaşyklary ýola goýmak hem-de okuwçylaryň dünýägaraýşyny giňeltmek üçin giň mümkinçilikleriň döredilýändigi aýdyldy. Maslahatyň dowamynda mekdebe çenli çagalar edaralarynyň terbiýe we bilim bermek işini kämilleşdirmegiň usullary barada-da durlup geçildi. Mekdebe çenli bilim ulgamynda amala aşyrylýan özgertmeler çagalar baglarynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny berkitmek bilen birlikde, bilim işiniň mazmunynyň baýlaşdyrylmagyna hem gönükdirilendir. Çagalar baglarynda ýörite okuw maksatnamalaryna laýyklykda ilkinji düşünjeler berilýär, endik-başarnyklar kemala getirilýär. Körpeleriň aň-bilim, beden, ruhy taýdan sagdyn ösmegini üpjün etmek üçin okuw maksatnamalary yzygiderli döwrebaplaşdyrylýar. Ýurdumyzyň bilim işgärleriniň maslahatyndaky çykyşlarda beýan edilenler Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe gazanylýan üstünlikleriň milli bilim ulgamynyň dünýä ölçeglerine laýyklykda ösdürilýändigini aýdyň görkezdi. Onuň ahyrynda 2026-2027-nji täze okuw ýylynda bilim edaralarynda okuw-terbiýeçilik işleriniň netijeliligini ýokarlandyrmak boýunça öňde durýan wezipeler kesgitlenildi.
Bitewülik ýoly bilen
Ata-babalarymyz «Il agzybir bolsa, döwlet abadan bolar» diýipdirler. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe şeýle asylly ýörelgeler has-da berkeýär. Il-gün bolup maslahatlaşmak hem türkmen halkynyň gadymdan gelýän asylly ýörelgeleriniň biridir. Garaşsyz, hemişelik Bitarap Diýarymyzda her ýyl Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisiniň geçirilmegi milletimiziň agzybirliginden, jemgyýetimiziň jebisliginden hem-de ýurdumyzda demokratik ýörelgeleriň dabaralanýandygyndan nyşandyr. Türkmenistanyň Halk Maslahaty milletiň agzybirligini, döwlet bilen halkyň bitewüligini kämil derejede görkezýän milli edaradyr. Gadymdan gelýän maslahatlaşmak däbiniň häzirki zaman döwlet gurluşy bilen sazlaşykly utgaşmagy netijesinde emele gelen bu edara ýurdumyzyň iň möhüm meselelerini ara alyp maslahatlaşmak üçin meýdançadyr. Türkmenistanyň Halk Maslahaty halkyň agzybirligini, milli demokratik ýörelgeleri, jemgyýetiň, hususan-da, ýaşlaryň bähbitlerini özünde jemleýän milli edaradyr. Şunuň bilen birlikde, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisi ýurdumyzyň syýasy, durmuş-ykdysady we medeni ösüşiniň nobatdaky tapgyrlaryny kesgitlemekde, kanunçylyk binýadyny kämilleşdirmekde, adam hukuklaryny we azatlyklaryny üpjün etmekde möhüm syýasy münber bolup durýar. Munuň özi Gahryman Arkadagymyzyň «Döwlet adam üçindir!» diýen şygarynyň her bir raýatyň gündelik durmuşynda, abadançylygynda we ýurdumyzda amala aşyrylýan giň gerimli özgertmelerde giňden dabaralanýandygyny görkezýär. Türkmenistanyň Halk Maslahaty halk häkimiýetliliginiň taryhy hem-de döwrebap nusgasy hökmünde ýurdumyzyň syýasy ulgamynda esasy orunlaryň birini eýeleýär. Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň ýolbaşçylygynda Halk Maslahaty toplumlaýyn kararlary kabul etmekde, jemgyýetiň ähli gatlaklarynyň bähbitlerini goramakda we döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlaryny kesgitlemekde möhüm meýdança bolup hyzmat edýär. Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistanda ýaşlara döredilýän şertler döwletiň we jemgyýetiň beýik geljeginiň binýadydyr. Türkmenistanda ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň üstünlikli durmuşa geçirilmegi bu ugurdaky özgertmelere täze itergi berýär. Ýaşlaryň bilim almagy, zähmet çekmegi we sagdyn durmuş ýörelgesine eýermegi döwlet syýasatynyň esasy ugurlarynyň biri bolup durýar. Bu ugurda ýaş nesliň hünär öwrenmegi we döwrebap tehnologiýalary özleşdirmegi üçin giň mümkinçilikler döredilýär. Ýokary okuw mekdepleriniň maddy-tehniki binýadynyň kämilleşdirilmegi, halkara hyzmatdaşlygynyň geriminiň giňeldilmegi munuň aýdyň mysalydyr. Ýaş hünärmenleriň iş bilen üpjün edilmegi, olaryň ýaşaýyş-durmuş şertleriniň gowulandyrylmagy, ýaş maşgalalara döredilýän ýeňillikler hem-de zähmet kanunçylygyndaky kepillikler ýaşlaryň jemgyýetde öz ornuny tapmagyna ýardam berýär. Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň, Mejlisiň we Hökümetiň bilelikde sazlaşykly iş alyp barmaklary esasynda raýatlaryň tekliplerine uly üns berilmegi milli demokratiýanyň özboluşly nusgasyny emele getirýär. Şeýle hyzmatdaşlyk raýatlara özlerini diňe bir ýaşaýjy hökmünde däl, eýsem, Watanyň ykbalyna gös-göni jogapkärli şahsyýet hökmünde duýmaga mümkinçilik berýär. Bu bolsa jemgyýetiň durnuklylygyny hem-de parahatçylygyny pugtalandyrýan esasy güýçdür. Ykdysady kuwwaty ýokarlandyrmak, pudaklara innowasion tehnologiýalary ornaşdyrmak, adam maýasyny ösdürmek arkaly gazanylýan üstünlikler hemişelik Bitarap Türkmenistanyň halkara abraýyny mundan beýläk-de beýgeltmäge uly itergi berýär. Häzirki döwürde ýurdumyzyň dürli pudaklarynda, şol sanda senagatda, oba hojalygynda, ylym-bilim, saglygy goraýyş, medeniýet ulgamlarynda hem-de köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde ýiti zehini, yhlasy we zähmetsöýerligi bilen tapawutlanýan watandaşlarymyzyň döwlet tarapyndan sylaglanylmagy olaryň jemgyýetdäki ornuny has-da belende göterýär. Şeýle asylly işler ýaş nesilde zähmete, hünäre, ene topraga we Watana bolan söýgini terbiýelemekde hakyky görelde mekdebidir. Garaşsyzlygyň şanly 35 ýyllyk baýramynyň bellenilýän ýylynda öňde duran belent maksatlarymyz ýurdumyzyň mundan beýläk-de okgunly ösüşini üpjün etmäge gönükdirilendir. Habib HALMÄMMEDOW, Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň uly mugallymy.
Ahalteke bedewleri halkara habarlar giňişliginde
Mälim bolşy ýaly, 2 — 6-njy sentýabrda Niderlandlar Patyşalygynyň Kronenberg şäherinde ahalteke atlarynyň arasynda gözellik boýunça dünýä çempionaty, atly sport we sungat eserleriniň bäsleşikleri geçiriler. Öňde boljak çäreleriň dünýäniň köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde giňden şöhlelendirilmegi türkmen halkynyň milli gymmatlyklarynyň naýbaşysy bolan ahalteke atlaryna we seýisçilik sungatyna Ýer ýüzünde uly gyzyklanma bildirilýändigini görkezýär. Millionlarça okyjysy bolan abraýly neşirler dünýä gymmatlygy hökmünde ahalteke atlarynyň ähmiýeti, Niderlandlar Patyşalygynda Türkmenistanyň başlangyjy bilen geçiriljek çäreleriň giň mazmunly maksatnamasy bilen okyjylary tanyşdyrýarlar. «Al Jazeera» internet neşiriniň ýazmagyna görä, altyn çaýylan deýin ýalkym saçýan reňki, uzyn boýny, ajaýyp beden gurluşy bilen ahalteke aty ähli ýerde hemmeleri haýrana goýýar. Bu atlar diňe bir daşky görnüşi däl, eýsem, türkmen atşynaslyk däpleriniň netijesinde kemala gelen çeýeligi, kuwwatlylygy we çydamlylygy bilen hem tapawutlanýarlar. «Ahalteke aty diňe bir iň owadan bedew hökmünde däl, ÝUNESKO tarapyndan Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilen türkmen halkynyň medeni mirasy hökmünde Niderlandlar Patyşalygyna gelýär» diýip, Katar Döwletiniň abraýly halkara neşiri ýazýar. Şol ýurduň başga bir halkara neşiri bolan «The Peninsula» ahalteke atyny dünýäniň iň gadymy we ajaýyp tohumy hökmünde suratlandyryp, bu atlaryň gaýtalanmajak gözellige, çydamlylyga, üşüklilige we gelip çykyşy boýunça taryhy ähmiýete eýedigini aýratyn nygtaýar. Bellenilişi ýaly, behişdi ahalteke atlarynyň dünýä çempionaty we atly sport bäsleşikleri diňe bir halkara ähmiýetli çäreleriň toplumy bolman, ol taryhy geçmişi, medeniýeti, sungaty, ylmy, adamyň we bedewiň arasyndaky mizemez baglanyşygy birleşdirýän janly mirasyň baýramydyr. Ol dünýäniň dürli künjeginden atlar bilen gyzyklanýanlary, atşynaslary, alymlary, medeniýet we sungat ussatlaryny hem-de myhmanlary bir ýere jemlär. Halkara neşirler ahalteke atynyň müňýyllyklara uzaýan taryhy gelip çykyşyna ünsi çekýärler. Şeýle hem olar öňde boljak çäreleriň maksatnamasy bilen okyjylary tanyşdyrýarlar. Bellenilişi ýaly, Niderlandlar Patyşalygyndaky çäreler atlaryň gözellik we dressaž boýunça bäsleşikleri bilen badalga alar. Onuň ikinji gününde bolsa gözellik bäsleşiginde dürli ýaş derejesinde ýeňiji bolan atlardan dünýäniň çempiony saýlanar. Türkmen halkynyň seýisçilik sungatyna bagyşlanan halkara ylmy-amaly maslahatda ahalteke atlaryny ösdürip ýetişdirmegiň taryhy, medeni we ylmy aýratynlyklary barada giňişleýin söhbet ediler. Ýokary derejeli myhmanlar Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň açyk mejlisine gatnaşarlar. Çäreleriň maksatnamasy iň owadan bezelen atlaryň bäsleşigini, konkur bäsleşigini, türkmen medeniýetine, sungatyna we atçylyk sportuna bagyşlanan sergini hem öz içine alýar. Ýewropanyň «EU Briefs» neşiri «Dünýäniň iň owadan atlary Niderlandlara gelýärler» diýen at bilen täsirli makalalary okyjylara ýetirdi. Neşiriň belleýşi ýaly, şu ýyl Gündogar müçenamasynda ýylky ýylydyr. Bedew türkmen aňyýetinde esasy orunda bolup, ol milli buýsanjyň, gymmatly mirasyň çeşmesi, taryhyň dowamynda ýetilen sepgitleriň nyşanydyr. Abraýly neşir bedewiň türkmen durmuşynda we medeniýetinde tutýan ornuny «At — adamyň ganaty», «Ýigidiň myrady atdyr. At saklamak döwletdir» ýaly jümleleriň üsti bilen täsirli beýan edipdir. Bedewler asyrlaryň dowamynda milli ruhuň, güýç-kuwwatyň, gözelligiň, türkmen halkynyň milli özboluşlylygynyň alamatlaryny özünde jemläpdir. Bu atlaryň deňsiz-taýsyz gözelligi we häsiýeti ony dünýäde iň ajaýyp hem-de meşhur görnüşe öwrüpdir. Şoňa görä-de, Kronenberg şäherinde geçiriljek çäreler halkara atçylyk jemgyýetiniň wekilleri üçin duşuşyk ýeri däl, eýsem, medeniýetleriň we nesilleriň arasynda özboluşly köpri bolup hyzmat eder. «Gözelligiň, güýç-kuwwatyň, erkinligiň, türkmen halkynyň baý medeni mirasynyň synmaz nyşany bolan, ady rowaýata öwrülen ahalteke atlaryny ýakyndan synlamaga geliň!» diýlip, Ýewropa neşirlerinde çagyryş edilýär. Wengriýanyň «Daily News Hungary» neşiri çempionatyň dünýäniň dürli ýerinden medeniýetleriň, däp-dessurlaryň we tejribäniň duşuşýan ýerine öwrüljekdigini nygtaýar. Bu atlaryň iň gadymy görnüşleriniň birini ýakyndan synlamak we ony gurşaýan baý milli miras bilen tanyşmak üçin seýrek gaýtalanýan mümkinçilikdir. Atşynaslar, çapyksuwarlar, alymlar we atçylyk bilen gyzyklanýanlar üçin Kronenberg şäheri şu ýylyň halkara atly sport senenamasynda möhüm merkezleriň biri bolar. Sebitdäki we goňşy ýurtlaryň köpçülikleýin habar beriş serişdeleri hem Niderlandlar Patyşalygynda boljak çäreleri giňden şöhlelendirýärler. «Kazinform» halkara habarlar agentligi Türkmenistan tarapyndan daşary ýurtda şu derejede ilkinji gezek guralýan dünýä çempionatynyň maksadynyň ahalteke atlarynyň dünýädäki abraýyny has-da belende götermekden ybaratdygyny belleýär. Türkmen atlary milletiň baýlygy we buýsanç çeşmesidir. Niderlandlar Patyşalygynda boljak çäreler behişdi bedewleriň diňe bir gaýtalanmajak aýratynlyklaryny görkezmek bilen çäklenmän, Türkmenistanyň Ýewropa Bileleşiginiň ýurtlary bilen halkara medeni we sport gatnaşyklaryny hem pugtalandyrar. Meşhur «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparynyň çykyşlary geçiriljek çäreleriň hatarynda bolar. Azerbaýjan Respublikasynyň «Trend», Özbegistan Respublikasynyň «Dunyo» habarlar agentlikleri, Pakistan Yslam Respublikasynyň «The diplomatic views» neşiri ahalteke atlarynyň gözellik boýunça dünýä çempionatynyň giň gerimli çäreleriniň ähmiýeti barada okyjylara makalalary ýetirdiler. Bellenilişi ýaly, köp sanly ýurtlardan wekilleri jemlejek bu çäreler ahalteke atlaryny ösdürip ýetişdirmek boýunça gymmatly mirasy gorap saklamaga we ösdürmäge goşant goşmak bilen, halkara hyzmatdaşlyga täze itergi berer. Türkmeniň milli mirasyna bagyşlanyp Ýewropanyň jümmüşinde geçiriljek çäreler Uzak Gündogarda hem çuňňur gyzyklanma döredýär. «The Korea Herald» neşiri şu ýylyň Türkmenistanda «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýyly diýlip atlandyrylmagynyň ähmiýetini belleýär. Şu ýylyň ýanwar aýynda Monako Knýazlygynyň Monte-Karlo şäherinde 48-nji halkara sirk sungaty festiwalynda sirk sungatyna goşan uly goşandy üçin «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparyna Bütindünýä sirk federasiýasy hem-de Ýewropa Sirk assosiasiýasy tarapyndan halkara şahadatnamalaryň gowşurylmagy milli buýsanjy artdyran möhüm waka bolup, türkmen atşynaslyk sungatynyň nobatdaky halkara ykrarnamasy boldy. Kronenberg şäherinde hem «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar topary Monte-Karlo we beýleki halkara arenalardaky ýaly ajaýyp çykyşlary üstünlikli ýerine ýetirer. Gözelligi, ýyndamlygy we güýç-kuwwaty bilen ahalteke aty türkmen halkynyň esasy nyşanlarynyň biridir. Neşir bu gymmatly mirasy gorap saklamak boýunça ýurdumyzda durmuşa geçirilýän giň gerimli işlere okyjylaryň ünsüni çekýär. Şunda Arkadag şäherinde döredilen Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasy, atly sport toplumlary we ylmy merkezler aýratyn nygtalýar. Ştab-kwartirasy Aşgabatda ýerleşýän Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasy köp ýurtdan atşynaslary we degişli hünärmenleri birleşdirýär. Ahalteke atlarynyň gözellik bäsleşigi, at çapyşyklary we beýleki ýaryşlar her ýyl guralýar. Mahlasy, Niderlandlar Patyşalygynyň Kronenberg şäherinde geçiriljek ahalteke atlarynyň arasynda gözellik boýunça dünýä çempionatynyň, atly sport we sungat eserleriniň bäsleşikleriniň halkara köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde, şol sanda abraýly neşirlerde giňden şöhlelenme tapmagy halkymyzyň asyrlar aşyp biziň günlerimize gelip ýeten hem-de mynasyp derejede ösdürilýän milli mirasyna tutuş dünýäde aýratyn gadyr goýulýandygyny tassyklaýar. Begli ABDYKADYROW. «Türkmenistan».
Milli demokratiýanyň ýoly
Her bir amal edilmegi göz öňünde tutulýan döwletli işler üçin halka geňeş edip, sala salmak gözbaşyny gadymy döwürlerden alyp gaýdýar. Oguz ýaşaýyş-durmuşyndan söhbet açýan «Oguznama» eseri, «Gorkut ata», «Görogly» şadessanlary, halk paýhasy bilen döredilen dürli nakyllar muny aýdyň beýan edýär. Häzirki taryhy döwürde bu däp-dessurlar ýurdumyzyň durmuşynda ileri tutulýan wezipeleri çözmekde jemgyýetiň hereketlendiriji güýjüne öwrüldi. Muny mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllyk baýramynyň öň ýanynda geçirilmegi meýilleşdirilýän Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisi nobatdaky sapar beýan eder. Bilşimiz ýaly, 2026-njy ýylyň 15-nji iýulynda Gahryman Arkadagymyzyň baştutanlygynda geçirilen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň nobatdaky mejlisi we onda maslahatlaşylan meseleler ýurdumyzyň syýasy-jemgyýetçilik durmuşynda möhüm waka boldy. Mejlisiň barşynda Gahryman Arkadagymyzyň Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisini ýokary derejede geçirmek, ýurdumyzyň baş baýramy bolan milli Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllygyna taýýarlyk görmek babatda eden maksatnamalaýyn çykyşy türkmen jemgyýetiniň sazlaşykly ösüşini üpjün etmegiň täze sepgitlerini ýüze çykardy. Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistanda milli ykdysadyýetimizi diwersifikasiýalaşdyrmak, sanlylaşdyrmak we maýa goýum syýasatyny işjeňleşdirmek arkaly durnukly ösüş gazanylýar. Bu ugurda ykdysady ösüşiň depginini saklamak, maýa goýumlaryny artdyrmak, ilatyň ýaşaýyş-durmuş derejesini ýokarlandyrmak, täze iş orunlaryny döretmek, saglygy goraýyş, bilim, ýaşlar syýasaty we durmuş goraglylygy boýunça maksatnamalary üstünlikli amala aşyrmak möhüm wezipeler hökmünde görkezilýär. Şeýle hem milli ykdysadyýetimiziň esasy ugurlary bolup durýan senagat pudaklaryny döwrebaplaşdyrmak, nebitgaz, himiýa, gurluşyk, energetika, dokma we oba hojalygy pudaklaryny ösdürmek, azyk bolçulygyny üpjün etmek boýunça alnyp barylýan işleriň dowam etdirilýändigi bellenmäge mynasypdyr. Halkymyzda «Geňeşli don gysga bolmaz», «Geňeşli salamat bolar» diýen parasatly pähimler bar. Ýurdumyzda il agzybirliginde geçiriljek Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisi hem taryhy waka öwrülip, onda halkymyzyň abadan ýaşaýşynyň bähbidi üçin öňde duran möhüm wezipeler maslahatlaşylyp, anyk çözgütler kesgitlener. Çünki geňeş — döwletli işlere badalga. Goý, mukaddes Watanymyzda amala aşyrylýan giň möçberli işleriň sakasynda duran Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň hem-de Gahryman Arkadagymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, il-ýurt bähbitli, umumadamzat ähmiýetli beýik işleri elmydama rowaçlyklara beslensin! Şirin MYRADOWA, Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň öwreniji mugallymy.
Çagalaryň dürs sözleýşini kemala getirmek
Çagalar — mähriban Watanymyzyň nurana geljegi. Olar ýagty ertirleri gurujylardyr. Çagalaryň bilimli, terbiýeli bolup ýetişmegi ýaly mukaddes we jogapkärli işe maşgala, mekdep, her bir ynsan we giň jemgyýetçilik gatnaşýar. Çaga terbiýesinde ilkinji orun maşgala degişlidir. Maşgala jemgyýetde esasy orny eýeleýär. Ýurdumyzda çaganyň maşgalada ösüp kemala gelmegi barada uly aladalar edilýär. Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary bilen beden we ruhy taýdan sagdyn, bilimli, zähmetsöýer nesli kemala getirmek, maşgalanyň berkemegi we ösmegi üçin ähli mümkinçilikler döredilýär. Irki çagalyk (bir ýaşdan üç ýaşa çenli döwür) çaganyň durmuşynda aýratyn döwürdir. Sebäbi onuň çagalykdaky aň we beden ösüşi çalt depginde geçýär. Bu döwürde çaganyň geljekki ösüşiniň esasy goýulýar. Çaganyň bedenine erk etmegini, sözleýşini we daş-töweregini öwrenmek işjeňligini irki çagalyk döwrüniň esasy gazananlary hökmünde görkezmek bolar. Ilkinji üç ýylyň dowamynda çaganyň beden we aň ösüşinde bolup geçýän üýtgeşmeler örän uludyr. Irki çagalyk döwründe ösüşiň ähli ugurlary dil ösüşi bilen berk baglanyşyklydyr. Bu döwür çaganyň sözleýşiniň ösmegi üçin iň möhüm döwür bolup durýar. Dil ösüşiniň meseleleri dünýä alymlary tarapyndan hem öwrenilip gelindi. Olar sözleýşiň ugurlaryny, ösüş tapgyrlaryny, ösüşe täsir edýän ýagdaýlary ýüze çykardylar. Şeýlelikde, çagalaryň sözleýşiniň kadaly bolmagyny gazanmak jemgyýet üçin möhüm ähmiýete eýedir. Çaganyň sözleýşi, dil baýlygynyň artmagy maşgalada kemala gelýär. Çünki bu ösüş çaga bilen daşky gurşawyň özara täsiri we uly adamlar bilen aragatnaşyk netijesinde amala aşýar. Kadaly ösüşde üç ýaşly çaga birnäçe täze söz öwrenýär, ilkinji sözlemleri gurýar we sorag berýär. Dil ösüşi, esasan, bir ýarym ýaşdan soň has çaltlaşýar. Irki çagalyk döwründe çaganyň ejesi bilen gatnaşygynyň, onuň emosional taýdan durnuklylygynyň, çaga bolan garaýşynyň we onuň bilen sözleýiş aýratynlyklarynyň sowatly bolmagy örän möhümdir. Çünki eje çagasynyň sesleri dogry aýtmagyny gazanmalydyr. Çaganyň ösüşi kadaly bolanda, 2,5 ýaşda onuň sözlük gory artýar. Emma muňa garamazdan, ony ýeterlik ulanyp bilmeýärler. Eje çagasy bilen köp gepleşse, her bir etmeli hereketini söz bilen beýan etse, onda çagada sözleýiş işjeňleşýär. Ata-babalarymyzyň çagalaryň sözleýşini ösdürmekde baý durmuş tejribesi bar. Bu tejribe türkmen halk döredijiliginde jemlenendir. Irki çagalyk döwründen soň, ýedi ýaşa çenli dürli oýunlaryň, ýaňyltmaçlardyr sanawaçlaryň, tapmaçalaryň üsti bilen çagalaryň özbaşdak ösüşini kämilleşdiripdirler. Türkmen halky şahyrana halk bolup, asyrlarboýy sünnäläp, dilden-dile geçirip, halk döredijiliginiň giden bir ulgamyny döredipdir. Olaryň ählisi öz gözbaşyny gadymyýetden alyp gaýdan, mähir siňen milli miras hazynasy bolup, mazmuny taýdan terbiýeçilige ýugrulandyr. Bu halk pähim-paýhas hazynasyndan näçe susup aldygyňça, ol ösüp, örňäp, täze öwüşgine eýe bolýar. Çagalaryň sözleýiş, çalt pikirleniş, kabul ediş, duýuş başarnyklaryny ösdürmekde olarda şähdaçyklyk, ruhubelentlik, ugurtapyjylyk endiklerini kemala getirmekde halk döredijiliginiň giňden ulanylýan görnüşleriniň biri-de ýaňyltmaçlardyr. Ýaňyltmaçlaryň käbir sesleri dogry aýdyp bilmeýän çagalaryň sözleýşini düzetmekde ähmiýeti has uludyr. Bu iş guralanda, çaganyň dogry aýdyp bilmeýän seslerine degişli bolan ýaňyltmaçlar saýlanyp alynýar. Mysallara ýüzleneliň: «Ç» sesini dogry aýtmak üçin: «Çary çatmadan çykyp, çepbekeýläp çöp çapdy, Çemen çalasyn çapak çaldy». Çagalaryň dürs sözleýşini kemala getirmek terbiýeçilik işiniň möhüm ugrudyr. Dil halkymyzyň kämilliginiň gözbaşydyr. Aýjeren ÝAÝLYMOWA, Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýiniň uly ylmy işgäri.
Terbiýeçileriň tejribesi kämilleşdirilýär
Ýurdumyzyň umumybilim berýän orta mekdepleri bilen birlikde, mekdebe çenli çagalar edaralarynda körpelere terbiýe-sowat öwretmekde döwrebap we öňdebaryjy tejribelere daýanylýar. Halypalaryň maslahatlary, ökde hünärmenlerden okatmagyň işjeň usullary öwrenilýär, tejribeler alşylýar we ýaýradylýar. Bilim işgärleriniň her ýylyň ýanwar we awgust aýlarynda geçirilýän usuly-amaly okuwlarynda diňlenilýän çykyşlar, öwrenilýän iş tejribeleri ýaş hünärmenler üçin örän ähmiýetli usuly ýardam bolup durýar. Türkmenbaşy şäherindäki 14-nji orta mekdepde «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýen at bilen geçirilen usuly-amaly okuwlara şäheriň çägindäki mekdebe çenli çagalar edaralarynyň terbiýeçileri, terbiýeçi-usulyýetçileri, şepagat uýalary we müdirler işjeň gatnaşdylar. Şäher bilim bölümine degişli mekdebe çenli çagalar edaralarynyň 32-si degişli bolup, olaryň 3-si daşary ýurt dillerine ýöriteleşdirilendir. Mekdebe çenli çagalar edaralarynyň terbiýeçileriniň usuly-amaly okuwlarynda bellenen temalar boýunça täsirli çykyşlara uly orun berildi. Sowat öwretmek, sözleýşi ösdürmek, daşary ýurt dilleri sapaklarynda terbiýeçi mugallymlar nakyllary yzygiderli peýdalanmak arkaly çagalarda türkmen halkynyň akyl-parasada ýugrulan atalar sözi, nakyllar barada ilkinji düşünjeleri döredip bilerler. Olar sapakda çagalaryň aňynda galjak nakyllaryň manysyny düşündirmäge çalyşmaly. Şeýle hem nakyllar çaganyň edepli, adamkärçilikli, zähmetsöýer bolup ýetişmegine uly ýardam edýär. Şunda «Paýhas çeşmesi» kitabyndan peýdalanmak has-da ýerlikli bolar. Çagalara terbiýe bermekde halk döredijiliginiň giňden ýaýran, hemmeler tarapyndan köp okalýan görnüşi bolan ertekileriň örän uly ähmiýeti bar. Çaganyň hemişe erteki diňlemäge, onuň gahrymanlary barada pikir ýöretmäge, olara öýkünmäge höwesi güýçli bolýar. Dilden-dile geçip, şu günlerimize gelip ýeten «Akpamyk», «Ýartygulak», «Aldanan möjek», «Böwenjik» ýaly meşhur türkmen halk ertekileriniň üsti bilen körpelerde dogruçyllyk, agzybirlik, ene-ata söýgi, ulyny sylamak, kiçini söýmek, dosta wepalylyk, ugurtapyjylyk ýaly häsiýetler terbiýelenýär. Ýurdumyzda ýaş nesle bilim-terbiýe bermek maşgaladan başlap, çagalar baglarynda dowam edýär. Şunda mekdebe çenli çagalar edaralarynyň terbiýeçilerine möhüm orun degişlidir, çünki çaganyň irki ösüşiniň kadaly ýagdaýda geçmegi onuň geljekde ylymly-bilimli, giň dünýägaraýyşly bolup ýetişmeginde täsiri uludyr. Şonuň üçin çagalaryň irki ösüşiniň we mekdebe taýýarlygynyň kadaly ýagdaýyny üpjün etmäge aýratyn ähmiýet berilmelidir. Dünýägözel GYLYJOWA, Türkmenbaşy şäherindäki ýöriteleşdirilen 25-nji çagalar bakja-bagynyň terbiýeçisi.
Milli mirasymyzyň muşdagy
(Dowamy. Başlangyjy gazetiň geçen sanynda). Belli mirasgär «Gara gazmanyň gudraty» kitabyny obadaşy, ýagny Duşak obasynda ýaşap geçen meşhur türkmen sazandasy Şükür bagşa hem-de gudratly saz guraly türkmen dutaryna bagyşlapdyr. Nurnazar halypa halkyň içinden, aýratyn hem öz obadaşlaryndan Şükür bagşy, onuň ömri we döredijiligi, gylyk-häsiýetleri, zehin-başarnygy barada köp sanly örän gymmatly delilleri we gyzykly maglumatlary toplaýar hem-de şolaryň esasynda bu eserini döredýär. Mirasgäriň bu eserinde meşhur sazandanyň ömri we döredijiligi, onuň ýaşan döwründäki taryhy ýagdaýlar, türkmen halkynyň durmuş hal-ýagdaýy barada täze we gymmatly maglumatlaryň jemlenendigi sebäpli, ol eser orta mekdeplerde türkmen edebiýatyny, aýdym-saz we taryh derslerini okadýan mugallymlar üçin gymmatly gollanma bolup hyzmat edýär. Milli taryhymyza, baý mirasymyza degişli möhüm wakalary janlandyrýan halypa mirasgär mugallym N.Jumanazarow «Käriz suwy — arzymanym, arzylanym — arwanam» atly kitabyny 2023-nji ýylda halkymyza ýetirdi. Özleriniň türkmendiklerine, beýik şahsyýetleriň nesilleridiklerine buýsanyp ruhlanýan raýatlarymyza ýakymly hem ajaýyp duýgulary peşgeş berýän kitap «Käriz suwy...» we «Hatarda ner bolsa...» diýen iki bölümden durýar. Kitabyň birinji bölümi taryhda güneşli ýurdumyzda suwuň her damjasyny altyna, zere deňän aňly-paýhasly pederlerimiziň örän kämil suw desgalaryny gurup, ýerasty suwlary ýaşaýyş-durmuş hajatlary üçin netijeli we örän rejeli peýdalanmagy başarandyklary, şeýle täsin suw desgalarynyň biri bolan kärizler baradaky gymmatly, täsirli hem täsin maglumatlary özünde jemleýär. Eseriň ikinji bölüminde bolsa, türkmeniň zyýarathana deňäp, uly hormat goýup sarpalaýan jandary — türkmen halk seçgiçiliginiň naýbaşy gymmatlygy hasaplanýan arwana düýelerimiz, olaryň iner, maýa ýaly nesilleri, söwda kerwenlerinde ulanylyşy, düýe esbaplary barada rowaýatdyr tymsallaryň, bolan wakalaryň üsti bilen täsirli beýan edilýär. Şonuň üçin hem tanymal mirasgäriň bu kitaby akgynly okalýar we okyjyda juda ýakymly duýgulary döredýär. Halypa mugallym 2026-njy ýylyň «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýyly diýlip yglan edilmeginden ruhlanyp, türkmen halkynyň umumadamzat gymmatlyklarynyň hataryna goşulan behişdi ahalteke bedewlerimiz barada 60 ýyldan hem gowrak döwrüň dowamynda halkymyzyň arasyndan toplan milli mirasymyzy okyjylar köpçüligine ýetirmek maksady bilen, «Türkmeniň ary-namysy — bedewi, algyr tazysy» diýen kitabyny ýazyp, okyjylar köpçüligine ýetirdi. Bu kitapda ussat mirasgär türkmen halkynyň atşynaslyk medeniýeti we seýisçilik sungaty, meşhur bedewlerimiz bilen baglanyşykly gymmatly maglumatlary beýan edipdir. Şeýle hem bu kitapda ata-babalarymyzyň türkmen tazysyny köpeldişi, idedişi we aw etmekde ulanyşy bilen baglanyşykly gyzykly maglumatlar öz beýanyny tapypdyr. Mirasgäriň ýokardaky gysga göwrümli filmleri halk köpçüligi tarapyndan gowy garşylandy we il içinde oňa hormat-sylag hem-de abraý getirdi. Nurnazar mugallymyň tutanýerliligi we yhlasly zähmeti bilen döredilen bu çeper filmleriň ýurdumyzyň bilim edaralarynda ýaş nesilde milli mirasymyza buýsanjy döretmekde, gyzyklanmany we bilesigelijiligi terbiýelemekde uly ornunyň we möhüm ähmiýetiniň bardygyny bellemek gerek. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyz «Hakyda göwheri» atly nusgalyk kitabynda şeýle belleýär: «Halkyň milli mirasyny köňül bilen duýup, aňyňda saldarlasaň, munda baýlyk käni bardyr. Kämilliginiň syryny düşündirip bolmaýan gymmatlyklary döreden ata-babalarymyzyň özleri durmuş mekdebidir». Nurnazar mugallym halkymyzyň asyrlarboýy toplan baý medeni mirasyny ýygnamak, öwrenmek we wagyz etmek babatynda ýurdumyzda uly meşhurlyk gazanan ussat mirasgärler — murgaply, Türkmenistanyň halk mugallymy Ümür Esen, gyzylarbatly mugallym Atda Gurbangeldiýew, Türkmenistanyň at gazanan medeniýet işgäri Ahmet Halmyradow, belli mirasgär Çarymyrat Garahanow, şeýle hem milli mirasymyzy wagyz ediji, ezber žurnalist Atamyrat Şagulyýew bilen uzak ýyllaryň dowamynda döredijilik hyzmatdaşlygyny saklady. Bularyň hemmesi halypa mugallymyň türkmen halkynyň baý milli mirasyny toplamak, öwrenmek we wagyz etmek ugrundaky bimöçber yhlasynyň we döredijilikli işleriniň has-da rowaçlanmagyna, barha kämilleşmegine ýakyndan ýardam etdi. Nurnazar aganyň agzybir we döwletli maşgalasy bar. Ol Maýagözel gelneje bilen 7 çagany — dört ogly we üç gyzy edepli-terbiýeli, ilhalar ynsanlar edip ýetişdirdi. Halypa mugallym, janypkeş mirasgär öz ýanýoldaşy Maýagözel gelnejemiz bilen Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň hözirini görüp hem-de agtykdyr çowluklaryna guwanyp, bagtyýar durmuşda ýaşaýarlar. Halypa mugallymyň uzak ýyllaryň dowamynda çeken halal we döredijilikli zähmetine mukaddes Garaşsyzlygymyzyň ýyllary içinde döwletimiz tarapyndan mynasyp baha berildi. Ýurdumyzda bilim pudagyny yzygiderli ösdürmekde, önjeýli döwlet we jemgyýetçilik işinde uly üstünlikleri gazanandygy üçin hem-de Garaşsyz döwletimiziň we mähriban halkymyzyň öňünde bitiren aýratyn hyzmatlary, köp ýyllaryň dowamynda çeken halal, yhlasly we göreldeli zähmeti nazara alnyp, Türkmenistanyň Prezidentiniň 2019-njy ýylyň 25-nji sentýabryndaky Permanyna laýyklykda, Nurnazar mugallym ýokary döwlet sylagy — Türkmenistanyň «Gaýrat» medaly bilen sylaglandy. nusgawy türkmen şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli, Türkmenistanyň Prezidentiniň 2024-nji ýylyň 9-njy dekabryndaky Permanyna laýyklykda, halypa mugallym we meşhur mirasgär N.Jumanazarow «Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna» atly ýubileý medaly bilen sylaglandy. Bu döwlet sylaglary halypa pedagogy, milli mirasymyzyň hakyky muşdagyny täze döredijilik üstünliklerine ruhlandyrdy. Pähimdar pederlerimiziň «Bende sylasa aş berer, Hudaý sylasa — ýaş» diýeni. Segsen ýaşy arka atsa-da, tüweleme, gujur-gaýraty egsilmeýän, şol bir edýän işlerini uly yhlas bilen edip, öz halkyndan bir adamlyk paý alyp, on adamlyk ýerine salmak üçin gije-gündiz gydyrdanyp ýören, ýaşy gaýdyşandanmy nämemi görer göze, az-kem sadalaçrak, ýöne dogumly görünýän, akyl-paýhasynyň durulygyna, ýatkeşligine haýran galaýmaly bu mährem ynsanyň — milli mirasymyzyň hakyky muşdagynyň entek-enteklerem etsem-petsemleri kän. Biz hem hormatly halypamyza kalbynda beslän şol arzuw-isleglerini durmuşda amal etmekde rowaçlyklary we üstünlikleri, milli mirasymyza degişli ilhalar eserleriniň höwrüniň köp bolmagyny, tut ýaly berk jan saglygyny, bala-çagalarynyň we agtyk-çowluklarynyň bagtyna guwanyp, ýene uzak-uzak ýyllar aramyzda halypalyk edip, mekdep bolup ýaşamagyny, maşgala abadançylygyny arzuw edýäris. Sapargeldi DURDYÝEW, Türkmenistanyň Milli bilim institutynyň bölüm müdiri, biologiýa ylymlarynyň doktory.
Çyn-Maçyndan Aşgabada bilim köprüsi
Selbi BATYROWA,Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň ylmy işler boýunça prorektory: — Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri instituty ýurdumyzda daşary ýurt dillerini, terjime, dil bilimi hem-de dilleri okatmagyň usulyýeti ugurlary boýunça hünärmenleri taýýarlaýan öňdebaryjy ýokary okuw mekdepleriniň biridir. Institutymyzyň alyp barýan işinde hytaý dilini okatmaga aýratyn orun degişli. Biziň ýokary okuw mekdebimizde 1994-nji ýylda Türkmenistanda ilkinji bolup hytaý dili hünäri açyldy. Şondan bäri bu ugurda berk ylmy-usuly binýat döredildi hem-de hünärmenleri taýýarlamak boýunça baý tejribe toplandy. Soňky ýyllarda Türkmenistanda hytaý dilini öwrenmäge gyzyklanmalar barha artýar. Häzirki wagtda ýurdumyzyň 3 ýokary okuw mekdebinde hytaý dili mugallymlary taýýarlanylýar, 8 bilim ojagynda hytaý dili ikinji daşary ýurt dili hökmünde öwredilýär. Mundan başga-da, umumybilim berýän orta mekdepleriň 10-synyň okuwçylary, 100-den gowrak bilim merkeziniň diňleýjileri hytaý dilini öwrenýärler. Beýik Ýüpek ýolunyň giňişligi arkaly taryhy taýdan baglanyşykly bolan Sinszýan-Uýgur awtonom raýonynyň bilim edaralary bilen institutymyzyň hyzmatdaşlygy häzirki wagtda Hytaýyň Merkezi Aziýa ýurtlary bilen özara gatnaşyklarynda möhüm orny eýeleýär. Şu nukdaýnazardan, Sinszýan mugallymçylyk uniwersiteti bilen gatnaşyklarymyz üstünlikli ösdürilýär. Şu ýylyň aprelinde geçirilen gepleşikleriň dowamynda dil bilimini kämilleşdirmek, akademiki hereketi ösdürmek, ylmy we pedagogik tejribeleri alyşmak, ýokary bilimli hünärmenleri taýýarlamak bilen bagly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. Bu işleriň dowamy hökmünde Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň, Sinszýan mugallymçylyk uniwersitetiniň hem-de Hytaý Halk Respublikasynyň Bilim ministrliginiň Halkara dil bilimi we hyzmatdaşlyk merkeziniň arasynda hytaý dilini okatmak babatda hyzmatdaşlyk etmek hakynda Çarçuwaly ylalaşyga gol çekildi. Biz bu ylalaşyga geljekde amala aşyryljak bilelikdäki anyk taslamalaryň, täze başlangyçlaryň we uzak möhletleýin hyzmatdaşlygyň möhüm binýady hökmünde garaýarys. Ýazga geçiren Aýgül RAHYMOWA. «Türkmenistan». Surata düşüren Ilaman ÇÜRIÝEW
Çyn-Maçyndan Aşgabada bilim köprüsi
Orazgeldi ÖWEZSÄHEDOW,Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň rektory: — Türkmen-hytaý gatnaşyklarynda ähli ugurlar bilen bir hatarda, ylym-bilim ulgamyndaky hyzmatdaşlyk hem täze taryhy döwrüň talaplaryna laýyklykda yzygiderli ösdürilýär. Şunda ýokary okuw mekdepleriniň arasynda ýola goýulýan gatnaşyklara uly orun degişli. Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersiteti hem Hytaýyň Sinszýan-Uýgur awtonom raýonynda ýerleşýän Sinszýan uniwersiteti bilen 2016-njy ýylda, Pekiniň daşary ýurt dilleri uniwersiteti bilen 2023-nji ýylda hyzmatdaşlyk etmek hakynda Ähtnamalary baglaşdy. Şu ýyl bolsa bilim ojagymyz Hytaý Halk Respublikasynyň Bilim ministrliginiň Halkara dil bilimi we hyzmatdaşlyk merkezi hem-de Sinszýan mugallymçylyk uniwersiteti bilen degişli ylalaşyklar esasynda özara gatnaşyk edip başlady. Häzirki wagtda Pekiniň daşary ýurt dilleri uniwersitetiniň uçurymy Suý Szýasin uniwersitetimizde aspiranturada okap, «Magtymgulynyň şygryýetinde türkmen halkynyň ahlak we gözellik garaýyşlarynyň çeper beýany» atly temada kandidatlyk dissertasiýasyny ýazýar. Şeýle-de ýokary okuw mekdebimiziň mugallymlarynyň Pekiniň daşary ýurt dilleri uniwersitetiniň türkmen dili/rus dili hünäri boýunça okaýan talyplaryna bilim berýändigini bellemek gerek. 2026-2027-nji okuw ýylyndan bolsa agzalan uniwersitetiň bu hünärde bilim alýan 6 talyby TDU-da dil babatda hünär kämilleşdiriş okuwlaryny geçer. Mälim bolşy ýaly, biziň bilim ojagymyzda hytaý dili we edebiýaty hünäri 2008-nji ýyldan bäri okadylyp gelinýär. Şu geçen döwürde hytaýly mugallymlaryň birnäçesi türkmenistanly ýaşlara hytaý dilini öwretmekde ýakyndan ýardam berdi. Uniwersitetimizde tanyşdyrylyş dabarasy geçirilen bilim ulgamynda alyşmalar we hyzmatdaşlyk boýunça «Merkezi Aziýa — Hytaý» merkeziniň işiniň hem ýurtlarymyzyň ylym-bilim ulgamyny kämilleşdirmäge, öňdebaryjy tejribeleri alyşmaga, ýokary hünärli hünärmenleri taýýarlamaga mynasyp goşant goşjakdygyna ynanýarys. Ýazga geçiren Aýgül RAHYMOWA. «Türkmenistan». Surata düşüren Ilaman ÇÜRIÝEW
Çyn-Maçyndan Aşgabada bilim köprüsi
Szi ŞUMIN,HHR-iň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi: — Şu ýylyň başyndan bäri hytaý-türkmen hyzmatdaşlygy dürli ugurlarda depginli ösüp, öz ajaýyp miwelerini berýär. Mart aýynda türkmen halkynyň Milli Lideri Hytaýda saparda bolup, Başlyk Si Szinpin bilen netijeli gepleşikleri geçirdi. Şol duşuşykda Hytaý bilen Türkmenistanyň arasyndaky çuňlaşdyrylan strategik hyzmatdaşlyk boýunça möhüm ylalaşyklar gazanylyp, özara gatnaşyklary ilerletmegiň geljekki tapgyry üçin meýilnamalar kesgitlenildi. Aprel aýynda bolsa Hytaýyň Kommunistik partiýasynyň Merkezi komitetiniň Syýasy býurosynyň hemişelik komitetiniň agzasy, HHR-iň Döwlet Geňeşiniň Premýeriniň birinji orunbasary Din Sýuesýan türkmen topragyna sapary amala aşyryp, «Galkynyş» gaz känini özleşdirmegiň dördünji tapgyryndaky işlere badalga bermek dabarasyna, Hyzmatdaşlyk boýunça komitetiň ýedinji mejlisine, Türkmenistandaky «Lu Ban ussahanasynyň» açylyşyna gatnaşdy. Iki ýurduň ýolbaşçylary bilim ulgamyndaky hyzmatdaşlyga hem uly ähmiýet berýärler. Şunda Hytaýyň Sinszýan-Uýgur awtonom raýonynyň Merkezi Aziýa ýurtlarynyň, şol sanda Türkmenistanyň ýaşlarynyň köpüsine bu sebitiň bilim ojaklarynda talyp haky esasynda okamak mümkinçiligini hödürlemek bilen, bilim ulgamyndaky özara hereketleriň ösüşine görnetin goşant goşýandygyny bellemek gerek. Ýakynda Urumçi şäherinde senagat, uniwersitetler we ylmy barlaglar babatda hyzmatdaşlyk boýunça «Merkezi Aziýa — Hytaý» formatyndaky maslahat üstünlikli geçirildi. Onuň jemleri esasynda bilim ulgamynda alyşmalar hem-de hyzmatdaşlyk boýunça «Merkezi Aziýa — Hytaý» merkeziniň garamagynda Energetika bilimi babatda alýansy döretmek hakynda ylalaşyga gol çekildi we bu alýans resmi ýagdaýda açyldy. Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde guralan çäräniň hem iki ýurduň bilim ugurly gatnaşyklaryna täze itergi berjekdigine ynanýarys. Hytaý hem, Türkmenistan hem baý taryhy, gaýtalanmajak medeniýeti bolan ýurtlar. Şoňa görä, birek-biregiň dilini, medeniýetini öwrenmäge gyzyklanmalar barha artýar. Häzirki wagtda türkmen ýaşlarynyň 10 müňden gowragy Hytaýyň bilim ojaklarynda okaýar. Türkmen topragynda bilim almaga isleg bildirýän hytaýly ýaşlaryň sany-da yzygiderli ýokarlanmak bilen. Çünki hytaý we türkmen halklarynyň däp bolan dostlukly gatnaşyklary, gerimi giňeýän özara hyzmatdaşlyk birek-biregiň diline, medeniýetine gowy düşünýän mirasdüşerlerdir bilermenleri has köp talap edýär. Ýazga geçiren Aýgül RAHYMOWA. «Türkmenistan». Surata düşüren Ilaman ÇÜRIÝEW
Çyn-Maçyndan Aşgabada bilim köprüsi
Li GUOLIANG,Hytaýyň Sinszýan-Uýgur awtonom raýonynyň Bilim müdirliginiň partiýa sekretary: — Bilim halklaryň arasynda dostlugy berkitmegiň wajyp şertleriniň biri bolup durýar. Geçen ýylyň iýunynda Astanada geçirilen «Merkezi Aziýa — Hytaý» ikinji sammitiniň dowamynda alty ýurduň döwlet Baştutanlary bilelikde bilim ulgamynda alyşmalar we hyzmatdaşlyk boýunça «Merkezi Aziýa — Hytaý» merkeziniň açylyşyna gatnaşdylar. Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde geçirilen çäre bolsa bu ugurda gazanylan ylalaşygy ýerine ýetirmekde anyk ädimdir. Munuň özi Sinszýan-Uýgur awtonom raýony bilen Türkmenistanyň arasynda bilim ulgamyndaky hyzmatdaşlygy giňeltmäge hem mümkinçilikleri açýar. Bilim ulgamynda alyşmalar merkeziniň işi bu ugurda toplumlaýyn hyzmatlary hödürlemäge gönükdirilen. Birinjiden, onuň çäginde biz köptaraplaýyn alyşmalar üçin ylmy-barlag platformasyny dörederis. Ikinjiden, zehinli hünärmenleriň uly toplumyny çekmäge we innowasion tehnologiýalary ornaşdyrmaga niýetlenen ýörite ulgamy kemala getireris. Şunda, esasan, energetika, magdan senagaty, häzirki zaman oba hojalygy, adaty hytaý lukmançylygy, halkara lukmançylyk kömegi ýaly ugurlarda aýratyn ünsi jemlemek maksat edinilýär. Merkeziň çäginde biz Merkezi Aziýa ýurtlarynyň degişli bilim ojaklary bilen ýokary bilimli hünärmenleri taýýarlamak, ylmy barlaglary geçirmek boýunça bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirýäris. Şeýle-de «Pikirlenmegiň ýoly» atly talyp hakly maksatnamany döredýäris. «Mugallymlar üçin pikirlenmegiň ýoly» maksatnamasy bolsa öňdebaryjy mugallymlary, gözlegçileri, dolandyryş hünärmenlerini goldamaga gönükdirilendir. Şeýle-de biz şertnama esasynda inženerçilik kollejini döretmek işine ýardam edýäris. Hytaýyň Sinszýan-Uýgur awtonom raýonynyň Bilim müdirligi Türkmenistanyň ýokary okuw mekdeplerini ýokary hünär bilimini kämilleşdirmek babatda netijeli hyzmatdaşlygy alyp barmaga çagyrýar. Biz sebitimiziň bilim ojaklarynda okaýan Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ýaşlarynyň sanyny artdyrmaga hem gyzyklanma bildirýäris. Şoňa görä, HHR-iň Bilim ministrligi hem-de awtonom raýonymyzyň Halk hökümeti tarapyndan bu babatda degişli talyp hakly maksatnama döredildi. Oňa laýyklykda, her ýyl magistrantlara 50 müň ýuan, bakalawrda okaýan talyplar üçin 35 müň ýuan möçberinde maliýe kömegi berilýär. 2025-nji ýylda sebitimiziň ýokary okuw mekdeplerine Merkezi Aziýa döwletlerinden 1 müň 135 talyp okuwa kabul edildi. Häzirki wagtda bolsa 2026-njy ýyl üçin okuwa kabul etmek işi dowam edýär. Biz zehinli türkmen ýaşlaryny ylmy barlaglary geçirmek bilen, raýonymyzyň bilim ojaklarynda okamaga çagyrýarys. Ýazga geçiren Aýgül RAHYMOWA. «Türkmenistan». Surata düşüren Ilaman ÇÜRIÝEW
Çyn-Maçyndan Aşgabada bilim köprüsi
Häzirki zaman dünýäsinde ylym we bilim has giň manyny öz içine alyp, döwletara gatnaşyklary ösdürmegiň hem derwaýys guralyna öwrülýär. Bu günki gün ýurtlaryň arasyndaky hyzmatdaşlykda ýumşak diplomatiýanyň mümkinçiliklerini netijeli ulanmakda, akademiki alyşmalary işjeňleşdirmekde, strategik hyzmatdaşlygy ilerletmekde bilim ulgamy aýgytlaýjy orna çykýar. Bu hakykata Beýik Ýüpek ýolunyň taryhy mirasy bilen baglanyşýan Türkmenistan bilen Hytaýyň özara gatnaşyklarynyň mysalynda-da göz ýetirmek bolýar. HHR-iň Sinszýan-Uýgur awtonom raýonynyň Kommunistik partiýasynyň komitetiniň sekretarynyň orunbasary, raýonyň Halk hökümetiniň başlygy Erkin Tuniýazyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýetiň ýurdumyza amala aşyran sapary iki dostlukly döwletiň bu ugurda anyk ädimleri ätmäge taýýardyklaryny ýene bir ýola subut etdi. Düýn Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde geçirilen maslahat bolsa bilim ulgamynda alyşmalar we hyzmatdaşlyk boýunça «Merkezi Aziýa — Hytaý» merkeziniň işini tanyşdyrmaga bagyşlandy. Erkin TUNIÝAZ,Hytaýyň Sinszýan-Uýgur awtonom raýonynyň Kommunistik partiýasynyň komitetiniň sekretarynyň orunbasary, raýonyň Halk hökümetiniň başlygy: — Geçen ýylyň iýunynda Astanada geçirilen «Merkezi Aziýa — Hytaý» ikinji sammitiniň dowamynda alty ýurduň döwlet Baştutanlary «Merkezi Aziýa — Hytaý hyzmatdaşlyk ruhuny» ilerletmek, garyplygy azaltmakda, bilim ulgamynda, çölleşmä garşy göreşmekde tejribe alyşmak boýunça üç sany merkezi, şeýle-de söwda gatnaşyklary üçin platformany döretmek hakynda biragyzdan çözgüt kabul etdiler. Alty ýurduň ýolbaşçylary bilelikde bilim ulgamynda alyşmalar we hyzmatdaşlyk boýunça «Merkezi Aziýa — Hytaý» merkeziniň açylyşyna hem gatnaşdylar. 2025-nji ýylyň 21-nji iýulynda bu merkez Sinszýanda resmi taýdan işläp başlady. Häzirki gatnaşýan çärämiz bolsa «Merkezi Aziýa — Hytaý hyzmatdaşlyk ruhuny», döwlet Baştutanlarymyz tarapyndan gazanylan ylalaşyklary bilelikde durmuşa geçirmegiň ýolunda möhüm ädimdir. Mälim bolşy ýaly, hytaý nusgasynda döwrebaplaşdyrmak arkaly güýçli milleti kemala getirmek işini höweslendirmekde Sinszýan-Uýgur awtonom raýonyna aýratyn orun degişli. Başlyk Si Szinpin Hytaýyň Kommunistik partiýasynyň 18-nji ýygnagynda bu sebiti ösdürmek meselesine uly üns berip, partiýanyň täze taryhy döwürde Sinszýany dolandyrmak boýunça strategiýasyny işläp taýýarlamagy tabşyrdy we sebit üçin strategik ugurlaryň 5-sini kesgitledi. Şeýle hem ol geçen ýyl giň düzümdäki wekiliýet agzalary bilen bilelikde awtonom raýonymyzyň döredilmeginiň 70 ýyllygyna bagyşlanyp guralan çärelere gatnaşyp, hut bilimiň adamzada ösen siwilizasiýany miras goýýan gymmatlykdygyny nygtady. Hakykatdan-da, bilim — ösüp gelýän ýaş nesilleri terbiýelemegiň hem-de has gowy geljegi gurmagyň esas goýujy ýoly. Şu nukdaýnazardan, Sinszýan-Uýgur awtonom raýonynda-da bilimi, ylmy, tehnikany ösdürmäge, zehinli ýaşlary ýüze çykarmaga, başlangyç bilimi berkitmäge uly ähmiýet berilýär. Sebitde mekdebe çenli bilim bilen üpjün etmegiň umumy paýy 104,1, inklýuziw çagalar baglary bilen üpjün etmegiň paýy 93,8, dokuz ýyllyk bilim bilen gurşap almagyň paýy 99, orta bilim bilen gurşap almagyň paýy 98,3 göterime deň. Ýaşlara hünär bilimini bermekde bolsa sebitimiziň özboluşly aýratynlyklaryndan we artykmaçlyklaryndan ugur alynýar. Soňky ýyllarda ýurtlarymyzyň ýolbaşçylarynyň tagallalary esasynda Sinszýan-Uýgur awtonom raýony bilen Türkmenistanyň arasynda bilim ulgamyndaky hyzmatdaşlyk hem barha ilerleýär. Senagat, uniwersitetler we barlaglar boýunça «Merkezi Aziýa — Hytaý» formatynda guralýan maslahatlara, Sinszýanda şu formatda geçirilen bilim ministrleriniň birinji maslahatyna türkmen tarapynyň wekilleri işjeň gatnaşdylar. Şu ýylyň iýunynda Türkmenistanyň üç ýokary okuw mekdebi bilen Sinszýan mugallymçylyk uniwersitetiniň arasynda hytaý dilini okatmak babatda hyzmatdaşlyk etmek hakynda Çarçuwaly ylalaşyga gol çekildi. Soňky ýyllarda sebitimiz türkmen ýaşlarynyň 100-si üçin talyp haky esasynda okamak mümkinçiligini döredip gelýär. Häzirki wagtda Sinszýan-Uýgur awtonom raýonynda türkmenistanly talyplaryň 413-si bilim alyp, munuň özi Merkezi Aziýanyň bäş ýurdunyň arasynda iň ýokary görkezijidir. Bu, elbetde, özara gatnaşyklaryň ýokary derejesinden habar berýär. Zerurlyga görä, bu ugurda berilýän goldawy has-da güýçlendirip bileris. Biz iki ýurduň bilim ojaklaryna goldaw bermekde, hünärmenleri taýýarlamakda, ylmy barlaglary alyp barmakda meýdança hökmünde bilim ulgamynda alyşmalar we hyzmatdaşlyk boýunça «Merkezi Aziýa — Hytaý» merkeziniň mümkinçiliklerinden peýdalanmaga taýýardyrys. Ýazga geçiren Aýgül RAHYMOWA. «Türkmenistan». Surata düşüren Ilaman ÇÜRIÝEW
Прочный фундамент прогресса
Сюй ГУЙСЯН,секретарь партийной комитета Канцелярии по иностранным делам СУАР КНР: – Туркменистан встретил нашу делегацию с искренним и подлинным радушием. Это страна с богатейшим историко-культурным наследием и уникальным современным обликом. Особое восхищение вызывает Ашхабад: высочайший уровень градостроительства и системный подход к социальному развитию столицы представляют собой передовой опыт, заслуживающий самого пристального внимания и изучения. Наш визит носит исключительно предметный и практико-ориентированный характер. Его ключевая цель – поступательная реализация договорённостей, достигнутых на высшем государственном уровне, а также практическое воплощение стратегических ориентиров, заложенных в рамках второго Саммита «Центральная Азия – Китай». Мы видим колоссальный потенциал для углубления межрегионального взаимодействия между Синьцзян-Уйгурским автономным районом и Туркменистаном, в первую очередь в таких приоритетных отраслях, как сельское хозяйство, наука и образование. Именно эти направления способны стать прочной основой долгосрочного стратегического партнёрства. Сегодня Синьцзян выступает ключевым транспортно-логистическим и экономическим хабом, играя важнейшую роль в реализации масштабной инициативы «Один пояс, один путь». Обладая ресурсным потенциалом и высокой степенью открытости, наш регион полностью готов к динамичному и всестороннему сотрудничеству. …Проводимая под руководством Президента Сердара Бердымухамедова и Национального Лидера туркменского народа Героя-Аркадага дальновидная политика международного сотрудничества создаёт прочный фундамент для поступательного развития отечественной системы образования и науки. Расширение диалога с ведущими мировыми научно-образовательными центрами, в том числе с КНР, выступает наглядным свидетельством успешной реализации миролюбивого внешнеполитического курса страны, нацеленного на всестороннее процветание Отчизны и подготовку высококвалифицированных кадров нового поколения. Гозел ДЖАПБАРОВА, «НТ». Фото Хасана МАГАДОВА.
Прочный фундамент прогресса
Ли ГУОЛЯН,секретарь партийной комитета Управления образования СУАР КНР: – Наш визит в Туркменистан стал важным шагом в реализации договорённостей, достигнутых на втором Саммите «Центральная Азия – Китай». Мы искренне тронуты тем тёплым и радушным приёмом, который нам оказали туркменские коллеги. Образование – это фундамент будущего, и мы в Синьцзяне придаём особое значение укреплению связей с Туркменистаном. Мы не просто декларируем намерения, а переходим к конкретным действиям: ежегодная квота в 100 государственных стипендий для туркменских студентов – это наш вклад в подготовку высококвалифицированных кадров для наших стран. Мы с нетерпением ждём талантливую молодёжь Туркменистана в наших вузах. Особо хочу отметить перспективы научного сотрудничества. Благодаря партнёрству с ведущими университетами Китая и работе Синьцзянского института высших исследований мы предлагаем туркменским учёным уникальную платформу для совместных изысканий в таких важных сферах, как энергетика, засушливое сельское хозяйство и медицина. Гозел ДЖАПБАРОВА, «НТ». Фото Хасана МАГАДОВА
Прочный фундамент прогресса
В Туркменском государственном университете имени Махтумкули состоялась презентация Центра обмена и сотрудничества в сфере образования «Центральная Азия – Китай». Данная встреча, направленная на расширение академических связей между Туркменистаном и Китайской Народной Республикой, приурочена к официальному визиту представительной делегации КНР во главе с заместителем секретаря комитета Коммунистической партии Синьцзян-Уйгурского автономного района, председателем Народного правительства Эркином Туниязом. Торжественную церемонию вёл руководитель секретариата Народного правительства СУАР Ван Куйран. В начале встречи участникам были продемонстрированы видеоматериалы, подробно освещающие деятельность центра «Центральная Азия – Китай» и его роль в развитии международного образовательного партнёрства. С основным докладом выступил председатель Народного правительства СУАР Эркин Тунияз. Он подчеркнул стратегический характер туркмено-китайских отношений и выразил уверенность, что открытие Центра станет новым импульсом для академической мобильности и обмена опытом между молодёжью двух стран. В рамках презентации состоялся конструктивный диалог, в котором приняли участие руководители и представители профильных ведомств и вузов обеих стран: с туркменской стороны–ректор ТГУ имени Махтумкули, заместитель министра образования Туркменистана, проректоры вузов (ГМУ имени Мырата Гаррыева, ТНИМЯ имени Довлетмаммета Азади, ТГПИ имени Сейитназара Сейди); с китайской стороны – Чрезвычайный и Полномочный Посол КНР в Туркменистане, секретарь партийного комитета Управления образования СУАР, ректор Синьцзянского медицинского университета, проректоры Синьцзянского университета и Синьцзянского педагогического университета. Выступающие отметили важность налаживания прямых контактов между вузами, проведения совместных научных исследований и реализации программ обмена студентами и преподавателями. В ходе обсуждения было подчёркнуто, что КНР – одна из первых стран, установивших дипломатические отношения с Туркменистаном (6 января 1992 года). Межгосударственное взаимодействие последовательно укреплялось под руководством глав двух государств: в сентябре 2013 года была подписана Совместная декларация об установлении стратегического партнёрства, в мае 2014 года – Совместная декларация о развитии и углублении отношений стратегического партнёрства, а в январе 2023 года очередной совместный документ подтвердил приверженность сторон развитию всестороннего стратегического сотрудничества. В новую историческую эпоху активно развивается туркмено-китайское взаимодействие в области науки и образования. На основе Меморандумов, подписанных ТГУ имени Махтумкули с Синьцзянским университетом и Пекинским университетом иностранных языков, ведётся системная работа по расширению академических связей, повышению квалификации и подготовке высококвалифицированных специалистов. Кульминацией встречи стала торжественная передача книг в дар библиотеке ТГУ имени Махтумкули от Синьцзян-Уйгурского автономного района КНР – яркий символ культурного единения и интеллектуального партнёрства. Слово участникам мероприятия: Гозел ДЖАПБАРОВА, «НТ». Фото Хасана МАГАДОВА
Sanly ulgamy ornaşdyrmagyň halkara tejribesi öwrenilýär
inlýandiýanyň paýtagty Helsinki şäherinde Ýewropa Bileleşigi tarapyndan guralýan «Digital Connectivity in Central Asia» (C4CA) sebitleýin taslamasynyň çäklerinde geçirilen okuw saparyna Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň wekilleri işjeň gatnaşdylar. Bu çäre sanly özgertmeler, döwrebap aragatnaşyk tehnologiýalary we sanly infrastrukturany ösdürmek ulgamynda tejribe alyşmaga hem-de halkara hyzmatdaşlygy berkitmäge gönükdirilendir. Taslama Laurea amaly ylymlar uniwersitetiniň binýadynda Finlýandiýanyň HAUS döwlet dolandyryş instituty bilen bilelikde durmuşa geçirilýär. Saparyň çäklerinde ikitaraplaýyn duşuşyklara uly orun berildi. Taraplar geljegi uly bolan ugurlary ara alyp maslahatlaşdylar hem-de ylym-bilim, gözleg-barlag işleri ulgamynda özara bähbitli hyzmatdaşlygy giňeltmäge aýratyn üns berdiler. Duşuşygyň dowamynda taslamanyň bir böleginiň Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň binýadynda durmuşa geçirilmegi baradaky ylalaşyk aýratyn ähmiýetli boldy. Saparyň barşynda oňa gatnaşyjylar Finlýandiýanyň sanly ösüşi, elektron infrastrukturasy, döwrebap aragatnaşyk tehnologiýalaryny ýokary bilim ulgamyna we döwlet dolandyryşyna ornaşdyrmak babatyndaky öňdebaryjy tejribesi bilen tanyşdylar. Şeýle hem Merkezi Aziýa ýurtlarynyň bilim edaralary bilen ýewropaly hyzmatdaşlaryň arasynda bilelikdäki başlangyçlary amala aşyrmagyň geljekki mümkinçilikleri maslahatlaşyldy. Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň wekilleriniň bu çärä gatnaşmagy ýokary okuw mekdebiniň akademiki we institusional hyzmatdaşlygyny giňeltmäge, sanly özgertmeler ulgamynda öňdebaryjy tejribeleri ornaşdyrmaga uly ýardam edýär. Şunlukda, Finlýandiýada geçirilen okuw sapary bilim we tejribe alyşmak üçin möhüm meýdança bolup, uniwersitetiň sanly özgertmeleriň sebitleýin hem-de halkara tapgyrlaryna işjeň goşulmaga bolan gyzyklanmasyny ýene bir gezek aýdyň tassyklady. Taýýarlan Maksatmyrat ÇARYÝEW. «Türkmenistan».
Netijeli gepleşikler
akynda Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň ýolbaşçylary bilen «PETRONAS Çarigali (Türkmenistan) Sdn. Bhd.» kompaniýasynyň we «PETRONAS» Tehnologiýa uniwersitetiniň wekilleriniň arasynda duşuşyk geçirildi. Duşuşykda ylym-bilim ulgamynda alnyp barylýan bilelikdäki işler ara alnyp maslahatlaşyldy. Myhmanlar ýokary okuw mekdebiniň hünär ugurlary we gazanan sepgitleri bilen tanyşdyryldy. Şunda ýurdumyzda hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda bilim ulgamyny kämilleşdirmek boýunça giň gerimli işleriň geçirilýändigi bellenildi. Şunuň bilen baglylykda, uniwersitetde öňdebaryjy tehnologiýalar barada onlaýn okuwlaryň hem-de Malaýziýada talyplar üçin tomusky önümçilik tejribelikleriniň yzygiderli guralýandygy nygtaldy. «PETRONAS» kompaniýasynyň wekili Akmal Niza Ahmad ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyga ýokary baha berip, bilelikde ylmy-barlag işlerini geçirmäge, halkara žurnallarda makalalary çap etmäge taýýardyklaryny aýtdy. Şeýle hem nebitgaz, geologiýa, himiýa tehnologiýasy we sanly ulgam boýunça malaýziýaly professorlaryň okuwlarynyň dowam etdiriljekdigi habar berildi. Iki tarap hem bu hyzmatdaşlygyň nebitgaz pudagy üçin ýokary hünärli ýaşlary taýýarlamakda uly ähmiýete eýedigini bellediler. Şeýle hem ýakynda Türkmenistanyň Bilim ministrliginde ýurdumyz bilen Malaýziýanyň «PETRONAS» kompaniýasynyň nebitgaz pudagyndaky hyzmatdaşlygynyň 30 ýyllygy mynasybetli geçirilen duşuşyk netijeli häsiýete eýe boldy. Söhbetdeşligiň dowamynda bilim ulgamyndaky ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýy hem-de ony geljekde ösdürmegiň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy we Türkmenistanyň Bilim ministrligi bilen «PETRONAS Çarigali (Türkmenistan) Sdn. Bhd.» kompaniýasynyň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekildi. Bu resminama ýaşlaryň bilim we hünär derejesini ýokarlandyrmaga, bilelikdäki täze taslamalary durmuşa geçirmäge uly itergi berer. Ýeri gelende bellesek, şu günki güne çenli Türkmenistan bilen Malaýziýanyň arasynda bilim ulgamyndaky hyzmatdaşlyk boýunça 20-ä golaý resminama gol çekildi. Şeýle hem şu ýylyň iýun aýynda Malaýziýanyň Premýer-ministriniň Türkmenistana amala aşyran saparynyň çäklerinde geçirilen «Türkmenistan — Malaýziýa: nebitgaz pudagynda özara bähbitli hyzmatdaşlyga 30 ýyl» atly halkara ylmy-amaly maslahatyň we serginiň dowamynda Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleriniň üçüsi bilen Malaýziýanyň Tenaga milli uniwersitetiniň arasynda talyp alyş-çalşygy we akademiki mobillik maksatnamalary boýunça ylalaşyklaryň üçüsine gol çekilendigi aýratyn bellenilmäge mynasypdyr. Taýýarlan Maksatmyrat ÇARYÝEW. «Türkmenistan»
Ýokary hilli hünär bilimi — Watanymyzyň gülläp ösüşiniň binýady
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe bilim ulgamyny toplumlaýyn kämilleşdirmek amala aşyrylýan durmuş ugurly syýasatyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Ykdysadyýetiň ähli pudaklary üçin ýokary bilimli hünärmenleri taýýarlamak, ýaşlaryň saglygyny goramak, olaryň bilim almagy, döredijilik bilen meşgullanmaklary we wagtyny peýdaly geçirmekleri üçin amatly şertleri döretmek bu syýasatyň möhüm ugurlarynyň hatarynda kesgitlenendir. Milli Liderimiziň başyny başlan we hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda üstünlikli dowam etdirilýän giň gerimli özgertmeleriň çäklerinde bilim ulgamynyň kanunçylyk binýady yzygiderli kämilleşdirilýär, bilim, ylym, innowasiýalar we önümçilik ulgamlarynyň özara baglanyşygy pugtalandyrylýar. Munuň özi häzirki döwrüň talaplaryna laýyk gelýän, giň dünýägaraýyşly, ýokary bilimli hünärmenleri taýýarlamak üçin ygtybarly binýady döredýär. Döwlet Baştutanymyzyň 2025-nji ýylyň 17-nji oktýabryndaky Karary bilen tassyklanan «Türkmenistanda ýokary hünär bilimini ösdürmegiň 2026 — 2052-nji ýyllar üçin Strategiýasynyň» hem-de ony amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň 2026 — 2030-njy ýyllar üçin meýilnamasynyň durmuşa geçirilmegi öňde duran wezipeleri oňyn çözmäge ýardam berýär. Mälim bolşy ýaly, bu Strategiýa 2024-nji ýylyň 24-nji sentýabrynda geçirilen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisinde Gahryman Arkadagymyzyň öňe süren teklibi esasynda işlenip düzüldi. Onuň esasy maksady ýokary hünär biliminiň hilini we derejesini ýokarlandyrmakdan, zähmet bazarynyň talaplaryna laýyk gelýän hünärmenleri taýýarlamakdan, her bir adamyň ýokary bilime elýeterliligini üpjün etmekden hem-de milli ýokary bilim ulgamynyň halkara derejedäki bäsdeşlige ukyplylygyny artdyrmakdan ybaratdyr. Bilim ulgamynyň dünýä ülňülerine laýyk derejä çykarylmagy häzirki wagtda ýurdumyzda üstünlikli amala aşyrylýan çäreleriň giň toplumyny öz içine alýar. Bu, ilkinji nobatda, mekdepleriň abraýyny has-da ýokarlandyrmaga, olaryň maddy-enjamlaýyn binýadyny döwrebaplaşdyrmaga, kämil enjamlar bilen üpjün edilen ýokary okuw mekdepleriniň, beýleki okuw-terbiýeçilik edaralarynyň täze binalaryny gurmaga, bilim we ylmy usulyýetleri, okuw meýilnamalaryny, maksatnamalary kämilleşdirmäge, okuw işine maglumat-aragatnaşyk tehnologiýalarynyň soňky gazananlaryny ornaşdyrmaga, şol sanda internet we elektron kitaphanalar arkaly dünýä maglumatlar binýadyna ýokary tizlikli elýeterliligi üpjün etmäge degişlidir. Ýokary okuw mekdeplerinde ylmy-barlag işleriniň netijeliligini ýokarlandyrmak, iş berijiler bilen ýakyn hyzmatdaşlygy ýola goýmak, maliýe durnuklylygyny, dolandyryş ulgamyny kämilleşdirmek, ýokary hünär biliminiň halkara derejede ykrar edilmegini üpjün etmek ýurdumyzyň intellektual kuwwatyny pugtalandyrmaga gönükdirilen bu Strategiýanyň ileri tutulýan wezipeleriniň hatarynda kesgitlenildi. Türkmenistanyň Bilim ministrligi hem-de ýokary hünär bilimi edaralary tarapyndan Strategiýany amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň 2026 — 2030-njy ýyllar üçin meýilnamasynyň çäklerinde ony durmuşa geçirmek boýunça işlere girişildi. Şunuň bilen baglylykda, ýokary hünär bilimi babatda kadalaşdyryjy hukuk namalaryny kämilleşdirmek boýunça işler alnyp barylýar. Hususan-da, iş berijiler bilen pikir soraşmalary yzygiderli guramak hem-de Iş berijileriň ýokary we orta hünär okuw mekdepleriniň uçurymlarynyň başarnyklaryna bildirýän talaplaryny seljermek boýunça usulyýet işlenip taýýarlanyldy we onuň esasynda sanly platforma döredildi. Bu platforma iş berijilere hünärmenleriň hünär derejelerine, bilimlerine, başarnyklaryna, endiklerine bolan zerurlyklaryny öwrenmäge, onuň netijesinde hünär bilimi edaralarynda okuw meýilnamalaryny we maksatnamalaryny kämilleşdirmek boýunça işleri geçirmäge itergi berer. Halkara Zähmet Guramasynyň usulyýetinden ugur alnyp, zähmet bazarynyň ýokary bilimli hünärmenlere bolan häzirki we geljekki zerurlyklaryny kesgitlemek, geljekde zerur boljak hünärlerdir başarnyklary öňünden çaklamak hem-de ýüze çykarmak, zähmet bazary bilen bilim ulgamynyň laýyklygyny üpjün etmek, hünär bilimi ulgamyny strategik esasda meýilleşdirmek bilen bagly işleri ýola goýmak üçin birnäçe resminama işlenip taýýarlanyldy. Ýokary hünär bilimi edaralarynyň milli reýting bahalandyryş ulgamynyň netijeliligini has-da ýokarlandyrmak, milli ýokary hünär bilimi ulgamynyň halkara ölçeglere laýyklygyny üpjün etmek boýunça göz öňünde tutulan çärelere laýyklykda, Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleriniň reýting bahalandyrmasy hakynda Düzgünnama üýtgetmeler girizildi. Häzirki wagtda ýokary okuw mekdepleriniň professor-mugallymlary tarapyndan reýting görkezijiler baradaky maglumatlar rating.bilim.tm sanly portalynda işjeň ýagdaýda ýöredilýär. Ýokary bilimli hünärmenleri taýýarlamagyň isleg bildirilýän ugurlaryny kesgitlemekde öňde duran wezipeleri durmuşa geçirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Bilim ministrligi tarapyndan «Geljegiň hünärleriniň atlasy» taýýarlanyp, bu gollanma şu ýylyň fewralynda Türkmen döwlet neşirýat gullugy tarapyndan neşir edildi. Ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň öz internet sahypalarynda ähli gyzyklanma bildirilýän meseleler boýunça, şol sanda bilim maksatnamalary, fakultetlerdir hünärler, dalaşgärler üçin maglumatlar we beýlekiler barada giňişleýin maglumatlary ýerleşdirip, sanly formaty işjeň ösdürýändiklerini bellemek gerek. Soňky ýyllarda daşary ýurtlaryň iri bilim we ylmy merkezleri, abraýly halkara guramalar, BMG-niň Ösüş maksatnamasy, ÝUNISEF, ÝUNESKO ýaly düzümler bilen hyzmatdaşlyga uly itergi berildi. «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasyny» üstünlikli durmuşa geçirmegiň çäklerinde düýpli, nazary we amaly ylmy barlaglaryň özara baglanyşygy ep-esli işjeňleşdirildi. Ylmy barlaglaryň netijelerini täjirleşdirmek we bilimiň, ylmyň, innowasiýalaryň arabaglanyşygyny pugtalandyrmak maksady bilen, şu ýylyň başyndan bäri ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerinde hakaton bäsleşikleriniň (belli bir wezipeleri çözmek üçin kesgitli wagtyň dowamynda geçirilýän toparlaýyn bäsleşikler) 11-si, startap bäsleşikleriniň 3-si geçirildi hem-de olardan saldamly girdeji gazanyldy. Ylmy-barlag işleriniň netijeleri üçin milli derejeli şahadatnamalaryň (patent) 320-si alyndy. Bu görkezijiler ýokary okuw mekdeplerinde ylmy işleriň işjeňleşýändigini, olaryň ykdysady taýdan netijeliliginiň ýokarlanýandygyny görkezýär. Ýokary bilim edaralarynyň milli reýting ulgamyny kämilleşdirmek hem möhüm wezipeleriň biridir. Geljekde ýokary okuw mekdepleriniň işine baha bermek bilimiň hili, ylmy barlaglaryň netijeliligi, halkara hyzmatdaşlyk, innowasion işjeňlik, ylmy neşirler, patentler, grantlar we startap taslamalary ýaly halkara görkezijiler esasynda has-da kämilleşdiriler. Bilim ulgamynyň halkara giňişlige has işjeň goşulyşmagy-da esasy ugurlaryň biridir. Şunuň bilen baglylykda, ýokary okuw mekdepleriniň halkara akkreditasiýasyny geçen bilim maksatnamalarynyň sanyny artdyrmak, dünýäniň öňdebaryjy uniwersitetleri bilen hyzmatdaşlygy giňeltmek, alyş-çalyş maksatnamalaryny ösdürmek, mugallymlaryň hünär derejesini halkara tejribä laýyklykda ýokarlandyrmak meýilleşdirilýär. Hormatly Prezidentimiz tarapyndan 2024-nji ýylyň fewralynda tassyklanan Bilim işiniň döwlet akkreditasiýasy hakynda Düzgünnama bu ugurda ygtybarly hukuk binýadyny döretdi. Golaýda döwlet akkreditasiýasyndan üstünlikli geçen 6 sany bilim edarasyna degişli şahadatnamalaryň gowşurylmagy halkara standartlara laýyk gelýän milli bilim ulgamynyň hil taýdan täze derejä çykarylandygynyň aýdyň mysaly boldy. Bu edaralaryň hatarynda iki ýokary okuw mekdebinden — Türkmenistanyň Döwlet energetika institutyndan, Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika institutyndan başga-da, aýratyn umumybilim berýän hem-de orta hünär okuw mekdepleriniň bolmagy bilim ulgamynyň ähli tapgyrlarda üstünlikli kämilleşýändigini görkezýär. Türkmenistanda ýokary hünär bilimini ösdürmegiň Strategiýasynda inklýuziw bilim üçin mümkinçilikleri we şertleri has-da giňeltmegiň göz öňünde tutulandygy aýratyn nygtalmaga mynasypdyr. Şunuň bilen baglylykda, ýurdumyzyň bilim ojaklarynda saglyk ýagdaýy sebäpli mümkinçiligi çäkli raýatlaryň ýokary hilli bilime elýeterliligini üpjün etmek boýunça toplumlaýyn işler alnyp barylýar. Ilkinji nobatda, gurluşyk taslamalarynda olaryň sapaklara gatnamagy üçin ähli zerur şertler göz öňünde tutulýar. Degişli infrastrukturadan başga-da, täze okuw binalarynda elektron bilim serişdeleri, sanly bilim portallary, elektron kitaphanalar, uzak aralykdan okatmagyň mümkinçilikleri giňden ulanylýar. Şeýlelikde, ähli raýatlar üçin deň mümkinçiliklere esaslanýan bilim gurşawy kemala getirilýär. Ýurdumyz tarapyndan yzygiderli öňe sürülýän bilim we ylym diplomatiýasynda dünýäniň iň gowy tejribesini öwrenmäge, halkara hyzmatdaşlygyň gerimini giňeltmäge uly ähmiýet berilýär. Geçirilýän halkara çäreleriň işjeňleşdirilmegi milli ýokary bilim ulgamynyň halkara abraýyny has-da ýokarlandyrmak, ylym-bilim hyzmatdaşlygyny ösdürmek, talyp ýaşlaryň we mugallymlaryň halkara akademiki giňişlige işjeň gatnaşmagyny üpjün etmek boýunça alnyp barylýan işleriň netijeli häsiýete eýedigini subut edýär. «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynyň başyndan bäri ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleri tarapyndan 23 sany halkara çäre, şol sanda halkara olimpiadalaryň 10-sy, halkara ylmy-amaly maslahatlaryň 13-si ýokary guramaçylyk derejesinde geçirildi. Bu çäreler dünýäniň dürli ýurtlarynyň ýokary okuw mekdepleriniň, ylmy merkezleriniň, halkara guramalaryň wekillerini bir ýere jemledi. Halkara forumlar ylym-bilim ulgamynda özara tejribe alyşmaga, täze ylmy barlaglaryň netijelerini ara alyp maslahatlaşmaga, sanly özgertmeler, emeli aň, innowasion ykdysadyýet, durnukly ösüş, “ýaşyl” tehnologiýalar, lukmançylyk, oba hojalygy, inženerçilik, tebigy we takyk ylymlar ýaly ugurlar boýunça uzak möhletleýin hyzmatdaşlygy ösdürmäge giň mümkinçilik döredýär. Daşary ýurtly talyplaryň gatnaşmagynda geçirilýän halkara olimpiadalar bolsa ýaşlaryň bilim derejesini halkara ölçeglerde deňeşdirmäge, zehinli talyplary ýüze çykarmaga, olaryň döredijilik hem-de ylmy başarnyklaryny ösdürmäge ýardam edýär. Giň gerimli halkara çäreleriň yzygiderli guralmagy ýurdumyzyň ýokary bilim ulgamynyň dünýäniň bilim giňişligine üstünlikli goşulyşýandygyny, ýokary okuw mekdepleriniň dünýäniň öňdebaryjy uniwersitetleri we ylmy-barlag merkezleri bilen hyzmatdaşlygynyň geriminiň giňeýändigini, daşary ýurtly alymlaryň, bilermenleriň türkmen ýokary bilim ulgamyna bolan gyzyklanmasynyň artýandygyny görkezýär. Bu bolsa Diýarymyzyň ýokary okuw mekdepleriniň halkara reýtinglerde we akademiki giňişlikde ornuny pugtalandyrmaga, türkmen ylym-bilim ulgamynyň bäsdeşlige ukyplylygyny we halkara abraýyny has-da ýokarlandyrmaga ýardam berýär. Ylym-bilim ulgamynda netijeli hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmak, ýokary okuw mekdepleriniň arasyndaky gatnaşyklary, talyplary we mugallymlary alyşmak maksatnamalaryny giňeltmek, umuman, ýaşlar bilen bagly meseleleriň ýokary, hökümet we pudagara derejedäki gepleşikleriň gün tertibine girizilmegi, daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen gazanylan ylalaşyklaryň bolsa ikitaraplaýyn resminamalara gol çekilmegi bilen berkidilmegi Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň alyp barýan döwlet syýasatynda bu ugra möhüm ähmiýet berilýändiginiň güwäsidir. Şeýlelikde, Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan ylym-bilim ulgamynda netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmegiň tarapdary hökmünde döwletlerdir halklaryň arasynda ynanyşmak we özara hormat goýmak ýörelgelerine esaslanýan dialogyň pugtalandyrylmagyna goşant goşýar. Ýokary okuw mekdepleriniň ählumumy giňişlikdäki işjeňligi bilen bir hatarda, professor-mugallymlaryň ylmy neşir işlerini giňeltmäge, abraýly ylmy maglumat binýatlarynda, şol sanda “Scopus”, “Web of Science” ýaly halkara ylmy-maglumat çeşmelerinde indekslenýän žurnallarda neşir edilýän makalalaryň sanyny artdyrmaga uly ähmiýet berilýär. Köp sanly neşirler dünýäniň öňdebaryjy alymlary bilen ylmy hyzmatdaşlygy ösdürmäge, halkara gözleg taslamalaryna gatnaşmaga, ylmy salgylanma görkezijilerini ýokarlandyrmaga, ýurdumyzyň ylmy kuwwatyny halkara derejede giňden tanatmaga mümkinçilik berýär. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň asylly başlangyçlaryny mynasyp dowam etdirýän hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda düýpli özgertmeler üstünlikli durmuşa geçirilýär. Döwlet bilen hususy pudagyň arasyndaky ýakyn hyzmatdaşlygy ösdürmek bu özgertmeleriň wajyp ugurlarynyň biridir. Ýurdumyzda eýeçiligiň döwlete dahylsyz görnüşindäki ilkinji ýokary okuw mekdebiniň — Halkara senagatçylar we telekeçiler uniwersitetiniň açylmagy bu ugurdaky hyzmatdaşlygyň täze tapgyryna badalga berlendigini alamatlandyryp, milli bilim ulgamyny ösdürmekde hususy telekeçiligiň ornuny has-da pugtalandyrdy. Geçen ýylyň sentýabrynda öz işine başlan bu ýokary okuw mekdebi ykdysadyýetiň hakyky talaplaryna laýyk gelýän, işewürlik, senagat, sanly tehnologiýalar we innowasiýalar boýunça ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamak üçin täze mümkinçilikleri açdy. Uniwersitetiň işini ýokary derejede ýola goýmak maksady bilen, Türkmenistanyň Bilim ministrligi tarapyndan okuw işini guramak, bilim maksatnamalaryny taýýarlamak, okuw-usulyýet üpjünçiligini döretmek, ylmy-gözleg işlerini guramak, bilim standartlaryny ornaşdyrmak we professor-mugallymlaryň işini utgaşdyrmak boýunça zerur bolan usulyýet, guramaçylyk goldawy berilýär. Döwlet-hususy hyzmatdaşlygynyň bu täze nusgasy ýokary bilim ulgamynda sagdyn bäsdeşlik gurşawyny emele getirip, bilim hyzmatlarynyň hilini ýokarlandyrmaga, täze okuw tehnologiýalaryny, dolandyryş usullaryny ornaşdyrmaga itergi berýär. Uniwersitetiň iş berijiler bilen gönüden-göni özara gatnaşyklary, öz gezeginde, talyplaryň önümçilik tejribesini artdyrmaga, ylym we bilim bilen önümçiligiň arabaglanyşygyny berkitmäge, uçurymlaryň zähmet bazarynda bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyrmaga ýardam edýär. Şunlukda, täze ýokary okuw mekdebi hususy pudagyň ylym-bilim kuwwatyny ýokarlandyrmaga, importyň ornuny tutýan, eksporta gönükdirilen önümleri öndürmäge, innowasion, toplumlaýyn işewürlik başlangyçlary işläp düzmäge hem-de ornaşdyrmaga ukyply, netijede, Watanymyzyň ykdysady ösüşine mynasyp goşant goşýan ýaş nesli terbiýelemegiň esasy merkezleriniň birine öwrüler. Milli ýokary bilim ulgamyny uzak möhletleýin esasda ösdürmäge gönükdirilen Strategiýanyň çäklerinde bilim hyzmatlarynyň hilini ýokary okuw mekdepleriniň işiniň netijeliligini ýokarlandyrmak, dolandyryş ulgamyny döwrebaplaşdyrmak maksady bilen, bilimiň hiline baha bermegiň täze usullaryny ornaşdyrmak boýunça yzygiderli işler alnyp barylýar. Monitoring işleri diňe bir statistiki görkezijileri toplamak bilen çäklenmän, eýsem, okuw işiniň guralyşy, bilim maksatnamalarynyň häzirki zaman talaplaryna laýyklygy, professor-mugallymlaryň ylmy we pedagogik işjeňligi, talyplaryň taýýarlyk derejesi, ylmy-barlag işleriniň netijeliligi, sanly bilim gurşawynyň ösdürilişi, halypalyk işleriniň hilini öz içine alýan toplumlaýyn görkezijiler esasynda geçirilýär. Öňdebaryjy tejribelerden görnüşi ýaly, şeýle çemeleşme ýokary okuw mekdepleriniň arasynda sagdyn bäsdeşlik gurşawyny döretmäge, bar bolan kemçilikleri öz wagtynda ýüze çykarmaga we olary aradan aýyrmak boýunça anyk teklipleri taýýarlamaga mümkinçilik berýär. Şeýlelikde, häzirki wagtda ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerinde durmuş-ykdysady ösüşe mynasyp goşant goşjak bilimli, ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamak üçin ähli şertleriň döredilendigini bellemek bolar. Zehinli talyp ýaşlaryň Arkadag şäherinde durmuşa geçirilýän innowasion taslamalary işläp taýýarlamaga işjeň çekilmegi olaryň döredijilikli pikirlerini iş ýüzünde amala aşyrmagy we täze taryhy eýýamda Watanymyzda ýaýbaňlandyrylan giň gerimli özgertmelere işjeň gatnaşmagy babatda giň mümkinçilikleriň döredilýändigini görkezýär. Bilim işini yzygiderli kämilleşdirmek bilen bir hatarda, sagdyn durmuş ýörelgelerini wagyz etmäge, bedenterbiýe, sport bilen meşgullanmagyň ähmiýetini düşündirmäge, ýurdumyzyň halkara we milli derejede gazanýan sport üstünlikleri barada habarlylygy ýokarlandyrmaga hem uly üns berilýär. Şu maksat bilen, dürli wagyz-nesihat we düşündiriş çäreleri, duşuşyklar, teleradioýaýlymlarda çykyşlar, “tegelek stoluň” başyndaky söhbetdeşlikler, ýokary okuw mekdepleriniň arasynda bäsleşikler we köpçülikleýin sport çäreleri, şol sanda Bütindünýä saglyk güni, Bütindünýä welosiped güni mynasybetli çäreler geçirilýär. Bu çäreler diňe bir ýaş türkmenistanlylaryň bedenterbiýe, sport bilen meşgullanmaga bolan gyzyklanmasyny, sagdyn durmuş ýörelgelerine ygrarlylygyny ýokarlandyrmak bilen çäklenmän, eýsem, olarda watansöýüjilik, erjellik, tutanýerlilik we maksada okgunlylyk ýaly häsiýetleri ösdürmäge hem ýardam berýär. Watansöýüjilik we terbiýeçilik işlerine-de aýratyn üns berilýär. Munuň özi ýaşlarda iň gowy şahsy häsiýetleri, ynsanperwer duýgulary kemala getirýär. Dürli maslahatlaryň, ylmy-döredijilik duşuşyklarynyň, edebi agşamlaryň, bäsleşikleriň, bilim çäreleriniň yzygiderli geçirilmegi ýaşlary watansöýüjilik, ynsanperwerlik we halkymyzyň gadymdan gelýän ruhy-ahlak gymmatlyklaryna, şöhratly ata-babalarymyzyň baý mirasyna hormat goýmak ruhunda terbiýelemäge gönükdirilendir. Talyplaryň kitap okamaga höwesini artdyrmak, olaryň milli we dünýä edebiýatyna bolan gyzyklanmasyny ösdürmek, söz baýlygyny, özbaşdak pikirlenmek ukybyny kämilleşdirmek maksady bilen, ýokary okuw mekdeplerinde okyjylar klublary hereket edýär we kitap okamak boýunça yzygiderli bäsleşikler geçirilýär. Bu möhüm başlangyçlar edebiýat bilen içgin gyzyklanmany artdyrmaga, okamak medeniýetini ýokarlandyrmaga gönükdirilendir. Şeýlelikde, «Türkmenistanyň ýokary hünär bilim ulgamyny ösdürmegiň 2026 — 2052-nji ýyllar üçin Strategiýasynyň» üstünlikli durmuşa geçirilmegi milli bilim ulgamynyň hil taýdan täze derejä çykmagyna, zähmet bazarynyň häzirki we geljekki zerurlyklaryna laýyk gelýän ýokary hünärli, täzeçe pikirlenýän hünärmenleriň taýýarlanylmagyna, döwletiň we jemgyýetiň bähbidine adam maýasynyň mundan beýläk-de pugtalandyrylmagyna hyzmat edýär. (TDH)
Türkmen atly sportunyň şöhratly sahypalary
Mälim bolşy ýaly, şu ýylyň 13-nji fewralynda geçirilen Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde hormatly Prezidentimiz ýylyň dowamynda ýurdumyzda we onuň çäklerinden daşarda atçylyk we atly sport boýunça geçiriljek çäreleriň maksatnamasyny tassyklap berdi. Şundan ugur alnyp, şu ýylyň 4 — 6-njy sentýabry aralygynda Niderlandlar Patyşalygynyň Kronenberg şäherinde geçiriljek ahalteke atlarynyň arasynda atly sport we gözellik bäsleşiginiň dünýä çempionaty, onuň bilen ugurdaşlykdaky köpugurly çäreleriň uly toplumy behişdi bedewlerimiziň şan-şöhratyny ýene-de bir gezek äleme ýaýar. Atçylyk we atly sport boýunça bäsleşiklerdir beýleki dürli çärelere beslenýän şanly ýylda türkmen atly sportunyň taryhynda yz galdyran şöhratly bedewlerimiz we olara erk eden meşhur çapyksuwarlar baradaky maglumatlary okyjylar bilen paýlaşmagy makul bildik. Gahryman Arkadagymyzyň «Ahalteke bedewi — biziň buýsanjymyz we şöhratymyz» atly ajaýyp kitabynda behişdi ahalteke bedewlerimiziň atly sportda gazanan belent derejeleri barada şeýle bellenilýär: «...Biziň bedewlerimiz ähli döwürde bütindünýä atly sportunda ilkinji bolupdy we şonlugynda hem galdy. Biz bu ýerde diňe Absendi göz öňünde tutmaýarys. XX asyryň ortalarynda Arap 2 metr 12 santimetr belentlikdäki päsgelçilikden böküp geçip, dünýä rekordyny goýdy. Uzynlygyna bökmek boýunça dünýä rekordyny bolsa (8 metr 78 santimetr) Perepel ahalteke bedewi täzeledi. Ahalteke atlary bolan Penteli, Gerek hem-de Mogara konkurda, Propeller üç görnüşli bäsleşiklerde ýokary üstünlikleri gazandy...». Taryhy ýazgylarda halkymyzyň bedewini bezäp-besleýşi, behişdi bedewleriň hem, öz gezeginde, eýesi bilen sessiz düşünişi, her hili ýagdaý bolanda-da, türkmeniň öz atyna doly bil baglap bilýändigi nygtalýar. Geliň, şeýle ýazgylaryň birine ser salalyň! XIX asyryň ikinji ýarymynda Orta Aziýa syýahat eden meşhur gündogarşynas Armeniý Wamberi uzaga çeken syýahatynyň sekiz aýdan köp bölegini türkmenleriň arasynda geçirýär. Ol syýahat döwri gören-eşiden zatlary barada «Orta Aziýa syýahat» atly kitabyny ýazýar. Halkymyzyň taryhy, etnografiýasy, baý medeniýeti we şol döwürlerdäki ýaşaýyş-durmuşy, aýratyn hem, türkmeniň behişdi bedewleri, olaryň çydamly, uzaga çapýan atlardygy baradaky gymmatly maglumatlar beýan edilýän bu kitapda: «Türkmenleriň Ahal hem ýomut atlary meşhurdyr. Ýomut atlary, ahal atlaryna garanda, boýy birneme pesräk, ýöne öte çydamly atlardyr. Men ýomut atyna artlaşyp münülen ýagdaýda 36 sagadyň dowamynda atyň öňürdikläp durman gidendigine şaýat boldum. Ahal atlarynyň Ahal we Görogly diýen tohumlary bar. Ol atlar taryp ederden juda ýokarda durýan ýyndam we owadan atlardyr» diýlip bellenilýär. Professor M.I.Belonogow hem Russiýada neşir edilýän «Atçylyk» žurnalynyň XIX asyryň 80-nji ýyllarynda çap eden maglumatlaryna salgylanyp, Eýrandan gaýdan türkmenleriň ýomut atlary bilen Tährandan Türkmenistana çenli aralygy üç günde geçendiklerini belleýär. Indi atly sport boýunça şöhratly bedewlerimiziň takyk hasaba alnan ýeňişli ýoluna seredip geçeliň! 1935-nji ýylyň 30-njy maýyndan 22-nji awgustyna çenli Aşgabat — Moskwa aralygynda 4300 kilometre uzan, 84 günläp dowam eden taryhy atly ýöriş geçirilýär. Ýörişe türkmen halkynyň dünýä atçylygyna peşgeş beren ahalteke we ýomut tohum atlaryna atlanan 30 sany türkmen jigidi we beýleki kömekçi işgärlerden ybarat uly topar gatnaşýar. Bu ýörişe iki aý öňünden taýýarlyk görlüpdir. Atly ýörişleriň taryhy boýunça ýörite iş ýazan taryhçy Jumamyrat Gurbangeldiýew ýörişiň ugry barada şeýle belleýär: «Diňe bir öz döwri üçin däl, eýsem, häzirki günde hem ägirt uly töwekgelçiligi talap edýän bu ýörişiň geçmeli ugry serhetçi serkerde (ýörişiň ýolbaşçysy) Sokolow we Nepes Garahan (serkerdäniň orunbasary) tarapyndan deslapdan barlanylýar, netijede, atly ýörişi Aral deňziniň günbataryndan geçirmek bellenilýär. Bu bolsa ýoluň umumy uzynlygyny 350 kilometr gysgaltmaga mümkinçilik beripdir. Ýörişiň ugry Aşgabat — Ýerbent — Köneürgenç — Goňrat — Aktýubinsk — Orenburg — Kuýbyşew — Penza — Rýazan — Moskwa boýunça geçipdi». Çapyksuwarlaryň iň ýaşynyň — Garrygala (häzirki Magtymguly) etrabyndan Illi Täşliniň 19 ýaşy bar eken. Ýörişe gatnaşyjylaryň ýaşulusy bolsa tejenli 55 ýaşly Gabyş Mämiş bolupdyr. Şol ýörişde atly jigitlerimiz 84 günde 4300 kilometr aralygy sag-aman geçip, Moskwa baryp ýetipdirler. Ýene bir bellenilmeli ýeri bu taryhy ýörişiň dowamynda bedewlerimiziň Türkmenistanyň jöwzaly Garagum sährasyndan üç günde geçmegi başarmaklarydyr. Şonda her günki geçilen ýol 120 kilometre deň bolupdyr. Bu aňrybaş uly üstünlikdir. Soňra ýöriş sörtük ýelli gazak sähralarynda dowam edýär. Ýagynly-ýagmyrly Russiýanyň tokaýlyklaryna baryp ýetilende, atlar üçin hem, çapyksuwarlar üçin hem uly synag bolýar. Sebäbi käte ertir-agşam ýagyp duran ýagyş atlaryň eýer-esbaplarynyňdyr çapyksuwarlaryň egin-eşikleriniň guramagyna maý bermändir. Şeýle-de bolsa, behişdi bedewlerimiz dürli howa we geografik şertlere çalt uýgunlaşmak ýaly asyl tebigatynda bolan endikleri esasynda hiç hili ýitgi çekmezden, ýörişi üstünlikli tamamlaýarlar. XX asyryň 30-njy ýyllarynda Türkmenistanda aýal-gyzlaryň gatnaşmagynda-da birnäçe atly ýörişler guralýar. Şeýle ýörişleriň ýene-de biri Beýik Ýeňşiň hormatyna 1945-nji ýylyň sentýabrynda 500 kilometr aralyga geçirilýär. Oňa ozalky soýuzda ösdürilip ýetişdirilýän atlaryň sekiz tohumyna degişli (ahalteke, ýomut, arap, iňlis, orlow, budýonnyý, don, streles...) tohum atlar gatnaşdyrylypdyr. Ýaryşyň şerti boýunça atlar her günde 100 kilometr aralygy durman çapyp geçmeli eken. Şeýlelikde, bäş gün dowam eden uzak aralyga ýörişiň netijesi boýunça öňdeligi elden bermedik Mary welaýatynyň Baýramaly etrabynyň Tarlan atly gyr reňkli ahalteke aty şahsy birinji orny, Daşoguz welaýatynyň Köneürgenç etrabynyň Parahat atly ýomut aty ikinji orny, Boldumsaz etrabynyň Garaguş atly ýomut aty üçünji orny eýeleýär. Şeýdip, Beýik Ýeňşiň hatyrasyna geçirilen marafon at çapyşygynda toparlaýyn we şahsy baýrakly orunlara keremli türkmen topragynda ýetişdirilen ahalteke we ýomut atlary mynasyp bolýarlar hem-de türkmen atçylygynyň şan-şöhratyny has belende göterýärler. 1935-nji ýylda taryhy Aşgabat — Moskwa atly ýörişine üstünlikli gatnaşan Arap atly ahalteke atynyň ady rowaýata öwrülýär. Arap (Ak işan we Atagül) 1930-njy ýylda şol wagtky Aşgabat raýonynyň Woroşilow kolhozynda dogulýar. Ol meşhur Boýnowyň çowlugydyr. Dogduk ülkesi Türkmenistanda 2 ýaşyndan 4 ýaşyna çenli at çapyşyklaryna gatnaşýar. Bäş ýaşynda döwrüniň gahrymançylykly atly ýörişine gatnaşyp, Moskwa barýar. Ýöriş üstünlikli tamamlanandan soň, ençeme saýlama bedewleri, şol sanda Araby hem şol döwrüň harby serkerdelerine (marşal Budýonna, ol hem aty K.Ý.Woroşilowa berýär) sowgat berýärler. Arap şol wagtky Goranmak ministrliginiň athanasynda saklanýar we atly sportuň ähli görnüşleri boýunça öňki soýuzyň çäginde uly şöhrata mynasyp bolýar. Ady rowaýata öwrülen bu nurana bedew Moskwada atly sportuň konkur görnüşi boýunça Ýelizar Lewiniň çapyksuwarlyk etmeginde üstünlikli çykyş edýär. Soň Arap at münmegiň ýokary mekdebi — dressaž boýunça türgenleşdirilýär. Arabyň atly sportuň dürli görnüşleri boýunça üstünlikli çykyşlarynyň foto hem wideo resminamalary saklanyp galypdyr. 1947-nji ýylda 17 ýaşly Arap atly sport boýunça 2 metr 12 santimetr beýiklikdäki päsgelçilikden böküp, öz döwründe dünýä rekordyny täzeledi. Soňra bu dereje ençeme ýyllap saklandy. Geçen asyryň 40-njy ýyllaryň ahyrynda Arap höwür at hökmünde Gazagystanyň Jambyl atçylyk zawodyna ugradylýar. Şol ýerde 1952-nji ýylda doganlyk ýurduň Lugowskoý (häzirki Jambyl) atçylyk zawodynda doglan Absent (Arap we Bakkara) altmyşynjy ýyllarda türkmen atçylygyna uly şöhrat getiren, ady taryha giren saýlama bedewlerimiziň biridir. Ol atly sportuň, at münmegiň ýokary mekdebi (dressaž) görnüşi boýunça Rim, Tokio hem-de Mehiko Olimpiadalarynda baýrakly orunlara mynasyp bolup, «XX asyryň sport aty» diýen ada eýe bolupdy. Soň bu şöhratly ahalteke bedewiniň hormatyna onuň doglup, önüp-ösen ýeri bolan Jambyl (Lugowskoý) atçylyk zawodynyň (Gazagystan) hem-de Tokioda Imperator aýlawynyň öňünde bürünçden ýadygärlik oturdyldy. 1950-nji ýylda Mary eskadriliýasynyň atly türgeni A.Şirinkin Moskwada geçirilen Bütinsoýuz spartakiadasynda Perepel atly ahalteke bedewi bilen 8 metr 78 santimetr uzynlyga böküp, çempion bolýar. 1973-nji ýylda Minsk şäherinde atçy oba sportçularynyň arasynda geçirilen atly sport ýaryşlarynda «Aşgabat» sport klubunyň türgeni R.W.Pirogow Globulin diýen ahalteke aty bilen atly sportuň konkur görnüşi boýunça şahsy birinjiligi eýeläp, spartakiadanyň çempiony bolýar. Atly sportuň üç görnüşli ýaryşlary boýunça ikinji orny eýeläp, kümüş medala mynasyp bolýar. Şol ýaryşlarda «Aşgabat» sport klubunyň ýene bir türgeni Durdymyrat Kanaýew Borispol diýen aty bilen beýiklige bökmek boýunça şahsy üçünji orny eýeläp, bürünç medala eýe bolýar. 1986-njy ýylda Aşgabat — Köneürgenç — Aşgabat aralygynda atly ýöriş geçirildi. Tomsuň jokrama yssysynda ýörişe gatnaşyjylaryň öňünde Garagumy ilki ilerden gaýralygyna, soňra gaýradan ilerligine kesip geçmek wezipesi goýlupdy. Bu ýörişiň maksady ahalteke atlarynyň mümkinçiliklerini tebigy şertlerde ýene bir gezek barlamakdan ybaratdy. Ýörişe gatnaşyjylar gidişin günde, ortaça, 65 kilometr ýol geçen bolsalar, Köneürgençden yza gaýdyşyn 100 kilometr ýol geçmegi başarypdyrlar. Atly ýörişe gatnaşyjylary Köneürgençde 1935-nji ýylyň Aşgabat — Moskwa atly ýörişine gatnaşan Aktelpek Nagyýewiň gyzy Gurbantäç Annamyradowa garşylapdyr. «Atalaryň şöhratly ýoly bilen!» diýen şygar astynda geçen ýöriş 23 gün dowam etdi. Belli ahalteke atlarynda 11 adam tomsuň yssy hem jöwzaly şertlerinde 23 gün ýol ýöräp, çöllügiň içinden 1300 kilometr ýoly geçip, ahalteke atlarynyň çydamlylygyny ýene bir gezek dünýä äşgär etdiler. 1987-nji ýylda Aşgabat — Guşgy — Aşgabat ugry boýunça atly ýöriş amala aşyryldy. 1987-nji ýylda Aşgabadyň atly sport mekdebiniň türgeni Durdymyrat Kanaýew Pýatigorsk şäheriniň aýlawynda geçirilen Bütinsoýuz atly sport ýaryşlarynda päsgelçiliklerden bökmek (konkur) boýunça ýaryşda 2 metr beýiklikde goýlan dürli päsgelçiliklerden atly böküp, birinji orna mynasyp boldy. Şol ýaryşda Türkmenistanyň atly sport boýunça ýygyndy topary baýrakly ikinji orna mynasyp bolupdyr. 1988-nji ýylda ikinji gezek Aşgabat — Moskwa aralygynda atly ýöriş geçirildi. Bu ýörişe ahalteke we ýomut tohum atlaryndan 17-si gatnaşdy we olar Moskwa çenli 3200 kilometr aralygy 60 günde geçmegi başardylar. Olaryň iň ýaşy Atçapar Babaýew 14, iň ýaşulusy Narbaý Rejebow 64 ýaşynda eken. Ýöriş Aşgabat — Bokurdak — Ýerbent — Derweze — Köneürgenç — Beýnew — Aktau — Engels — Saratow — Penza — Rýazan — Moskwa ugry boýunça geçirildi. Taryhy atly ýörişe gatnaşyjylaryň aýtmagyna görä, atly ýörişi Leningrada (häzirki Sankt-Peterburg) çenli dowam etdirmäge atlaryňam, türgenleriňem mümkinçiligi bar eken. 1995-nji ýylda Türkmenistanda Baýdak baýramçylygyna bagyşlanyp, Diýarymyzyň bäş welaýatynyň çet künjeklerinden Aşgabada çenli köpçülikleýin atly ýörişler geçirildi. 1997-nji ýylda Gökdepe — Çüli (häzirki Gökdere) — Babarap — Owadandepe — Gurtly — Gypjak — Aşgabat ugry boýunça 160 kilometr aralyga geçirilen marafon at çapyşygynda Mälik Taýlyýewiň erk eden Daşaýak atly dor aty uzak aralyga ýöriş ýaryşynyň ýeňijisi boldy. 1999-njy ýylda Moskwa şäherinde ahalteke atlarynyň arasynda geçirilen halkara ýaryşda ussat çapyksuwar Guwanç Agamyradowyň erk etmeginde Peýkam atly ahalteke aty 120 kilometr aralyga geçirilen marafon ýaryşynda birinji orny eýeleýär. Şol ýaryşda W.Amirhanýanyň erk etmeginde Keýpçi diýen ahalteke aty konkur boýunça baýrakly üçünji orna mynasyp bolýar. 2001-nji ýylyň aprel aýynda Aşgabatda 120 kilometr aralyga marafon at çapyşygy geçirildi. Şol ýaryşda ussat çapyksuwar Guwanç Agamyradowyň çapyksuwarlyk etmeginde ýaryşa goşulan Peýkam atly ahalteke bedewi birinji baýrakly orny eýeledi. 2008-nji ýylda Russiýa Federasiýasynyň Stawropol ülkesiniň Pýatigorsk aýlawynda Russiýanyň Prezidentiniň baýragyny almak ugrundaky halkara at çapyşygynda Türkmenistanyň at gazanan atşynasy Ilmyrat Agamyradowyň seýislän, ussat çapyksuwar Baýly Begliýewiň erk eden, Goar we Tamaly diýen atlaryň neslinden bolan Gökhan diýen ahalteke bedewi (Gelşikliniň ugry) baş baýragy eýeläp, «Russkiý Argamak» baýragyna mynasyp boldy. 2008-nji ýylda ahalteke atlarynyň arasynda Daşkent şäherinde geçirilen «Türküstanyň ýyldyzy — 2008» atly VI halkara ýaryşynda 90 kilometr aralyga marafon çapyşygyna goşulan atlaryň arasynda ussat çapyksuwar Guwanç Agamyradowyň erk eden Akylly (Akyldar we Arçynyň neslinden) atly ahalteke bedewi pellehana ilkinji bolup gelýär. Ikinji baýrakly orna Toýlymyrat Babaýewiň çapan Garader atly bedewi mynasyp boldy. 2009-njy ýylda ahalteke tohum atlarynyň arasynda Daşkent şäherinde geçirilen «Türküstanyň ýyldyzy — 2009» atly VII halkara ýaryşynda 30 we 60 kilometr aralyklara marafon çapyşygyna gatnaşan atlaryň arasynda Maýa atly gysrak ýeňiji bolup, «Türküstanyň ýyldyzy» diýen hormatly ada mynasyp boldy. Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen, 2016-njy ýylyň 5-nji maýynda Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň hormatyna ýurdumyzyň welaýatlaryndan 17 atlynyň gatnaşmagynda 500 günläp dowam eden taryhy atly ýöriş badalga aldy. Bir ýyl dört aýdan gowrak wagta çeken bu atly ýörişiň esasy aýratynlygy ýylyň dört paslynda dürli geografik we howa şertlerinde, ýagny daglyk, düzlük, sähralyk ýerlerde hem-de deňiz we derýalaryň kenary bilen üstünlikli dowam etmegi boldy. Milli Liderimiziň tagallasy bilen «Aziada 2017-niň» sport maksatnamasyna goşulan atly sportuň konkur görnüşi boýunça biziň ýurdumyzyň adyndan çykyş eden Toýçy atly gyr at (çapyksuwar-türgen A.Beglarýan) üstünlikli çykyş edip, bäsleşigiň ýeňijisi boldy. Ýeri gelende bellesek, Akhan atly şöhratly, ajaýyp ahalteke bedewi 10 metr aralygy çarpaýa galyp geçmekde dünýä rekordyny tas iki esse (4,19 sekunt) täzeläp, ahalteke atçylygynyň taryhynda ilkinji bolup öz adyny Ginnesiň rekordlar kitabyna ýazdyrdy. Häzirki wagtda bu şöhratly bedewiň hormatyna oturdylan ýadygärlik sebitde ilkinji “akylly” şäher bolan Arkadag şäheriniň baş bezegine öwrüldi. Bu sanawy näçe uzaltsaň uzaldyp oturmaly. Nesip bolsa, halkymyzyň “Owal akan ýerden akarmyş aryk” diýen pähimli jümlesinde beýan edişi ýaly, ýakyn günlerde atly sport we gözellik bäsleşiklerine gatnaşjak behişdi bedewlerimiz hem-de olara erk etjek merdana ýigitlerimiz pederleriň beýik ýoluny ruhubelentlik bilen ýene-de şöhratlandyrarlar. Narly NURYÝEW, žurnalist.
Merdanalygyň belent nusgasy
Gahryman Arkadagymyzyň «Mertler Watany beýgeldýär» atly kitabynda bedewleriň keşbi Milli baýramyň gözbaşy Ýurt Garaşsyzlygymyzy gazananymyzdan soň, Türkmen bedewiniň baýramy ilkinji gezek 1992-nji ýylyň 26-njy aprelinde bellenildi. Gahryman Arkadagymyz «Mertler Watany beýgeldýär» atly kitabynda: «Türkmen bedewiniň baýramçylygy Diýarymyzyň iň şatlykly, üstünlikli günleriniň baýramydyr. Çünki türkmen üçin şatlygyň gursagyna sygmaýan, ömrüň ýatda galyjy pursatlary — bu bedewiň aýlawda ýeňen pursady «Atyň çykdymy?» diýilmeýärmi?!» diýip, bu baýramyň diňe bir sport çäresi däl-de, türkmeniň durmuşynda şatlygyň, üstünligiň we myradyň gowuşmagynyň nyşany hasaplanýandygyny aýratyn belleýär. Bu setirleriň aňyrsynda türkmen halkynyň at bilen baglanyşykly ruhy dünýäsiniň, bagt we myrat düşünjesiniň çuňlugy bar. At türkmen üçin ömürlik ýoldaş, gaýgy-ünjiňi paýlaşýan syrdaş, ýeňşiň we şatlygyň nyşanydyr. At bilen adamyň arasyndaky ruhy baglanyşyk Türkmen dünýäsinde at bilen adamyň arasynda göze görünmeýän, ýöne örän güýçli baglanyşyk bar. At diňe bir eýesi bilen bile hereket etmeýär, ol onuň göwnüni, onuň ruhuny duýýar. Milli Liderimiziň kitabynda beýan edilişi ýaly, jeň meýdanynda bedew söweşiň ýagdaýyny eýesiniň sesinden, hereketinden aňypdyr we oňa laýyklykda ýardam etmäge çalşypdyr. Bu ýerde at ýönekeý bir jandar däl, eýsem, ýigidiň baky hemrasy, ykbaldaşy bolup çykyş edýär. Ol eýesiniň içki dünýäsini okap bilýän barlygyň mertebesine göterilýär. Kitapda bu baglanyşygyň başga bir täsirli beýany bar: «Bedew ýanyndaka, goç ýigit ýany janpenaly ýaly arkaýyndyr. Söweş atlary hem dürli ýagdaýlara laýyklykda taýýarlanylypdyr. Gerçegiň ýarag enjamy ýeňil bolan halatynda, olara kowsa ýetýän, gaçsa aldyrmaýan ýyndam atlar gerek ekeni». Bu ýerde atyň diňe bir güýç däl, eýsem, tilsim taýdan hem kämil bolmalydygy görkezilýär. Görogly we Gyrat — wepalylygyň nusgasy Görogly we Gyrat türkmeniň aňynda bir bitewi keşp hökmünde janlanýar. Gahryman Arkadagymyzyň ajaýyp eserinde bu hakykaty: «Görogly beg üçin Gyraty dünýä baýlygydyr. Ol bedewine ýüzlenip: «Perzent dilemedim, seni diledim, hesretdeşim baş ýoldaşym, Gyratym» diýýär» diýen jümläniň üsti bilen beýan edilýär.Göroglynyň ady bilen türkmen il-ulsunda batyrlyk, namys-arlylyk, edermenlik, watançylyk müdimi ýaşaýar. Bu ýerde at ömrüň dowamydyr, ykbalyň ýoldaşydyr. Gyrat — diňe bir at däl, ol — ýigidiň ruhy güýjüni, gaýratyny, wepalylygyny özünde jemleýän mukaddeslik. Soltan Jelaleddin we mert bedew — taryhyň şöhratly hekaýasy Gahryman Arkadagymyz «Mertler Watany beýgeldýär» atly kitabynda soltan Jelaleddininiň güýçli duşman bilen söweşde aty bilen derýadan geçen pursatyna aýratyn üns çekmek bilen: «...Batyr soltan özüni aty bilen derýa oklaýar. Mert bedew ýüzüp, ony derýanyň beýleki kenaryna alyp çykýar. Ony synlap duran duşmanlar haýran galýarlar» diýip ýazýar. Bu waka atyň wepalylygynyň, kyn pursatda eýesini gorap biljekdiginiň iň aýdyň nusgasy bolsa gerek. Bu ýerde bedewiň ýüzmek ukybynyň hem taryhy synagdan geçendigi, türkmen atlarynyň diňe gury ýerde däl, eýsem, suwda hereket etmekde-de ussatlygy görünýär. Jelaleddiniň bedewi oňa ajaldan halas bolmaga ýardam edýär. Bu bolsa bedew üçin eýesiniň janyndan hem gymmatdygyny aňýandygynyň subutnamasydyr. «Çapyksuwar»: dilden taryha, taryhdan ruhy gözbaşa Gahryman Arkadagymyzyň eserinde, «çapyksuwar» sözüniň manysy bilen baglanyşykly täsin maglumatyň bardygyna üns çekmek gerek. Bu barada kitapda: «Taryhy ýazgylarda oguzlaryň atlylaryna «suär» diýlendigi hem bellenilýär. Bu söz iki bölekden düzülip, «atly adam» diýen manyny berýär diýen pikirlerem ünsüňi özüne çekýär. Gadymy eserlerde «su» söweş manysyny berýär. Käbir alymlaryň işlerinde «çapyksuwar» diýen sözüň şundan gelip çykandygynyň ähtimaldygy hakynda hem aýdylýar» diýen setirler beýan edilýär. Bu ýerde atly gerçegiň dilimizde, taryhymyzda, medeniýetimizde näderejede orun alandygy aýdyň görünýär. «Çapyksuwar» diýen söz diňe bir atly söweşijini aňlatman, eýsem, türkmeniň taryhdaky ornuny, halkymyzyň söweş sungatyndaky ussatlygyny, gahrymançylygyny özünde jemleýär. Parahatçylyk söýüjilik — ganatly bedewleriň myrady Türkmen atlylarynyň ussatlygy barada kitapda köpsanly taryhy mysallar getirilýär. Emma türkmenler üçin esasy gymmatlygyň parahatçylyk söýüjilikdigi nygtalýar. Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň döwlet syýasaty hem parahatçylygy, dostlukly gatnaşyklary, asudalygy öňe sürýär. Atly gerçek hem şol asudalygyň, parahatçylygyň, watançylyk ruhunyň wepaly ýoldaşydyr. Kitapda Oguz hanyň parahatçylyk söýüjiligi barada aýratyn bellenilip geçilýär: «Oguz hanyň amala aşyran söweşleri gyrgynçylyk, paýhynlamak maksadyna gulluk etmändir. Illeri mümkin boldugyndan parahatçylykly, gyrgynçylyksyz ýollar arkaly birleşdirmek Oguz söweşleriniň esasy maksady bolupdyr». Garaşsyz Watanymyzda hem bedew parahatçylygyň, asudalygyň, dostlukly gatnaşyklaryň janly nusgasyna deňelýär. Bu manyda bedew diňe bir geçmişiň nyşany däl, eýsem, häzirki döwrüň Bitaraplyk syýasatynyň hem ganatly nusgasydyr. Gahryman Arkadagymyzyň Çyn-Maçyna amala aşyran dostluk saparynda Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpine sowgat hökmünde Gadyrly atly ajaýyp ahalteke bedewiniň sowgat edilmegi hem ýurtlarymyzyň gatnaşyklaryna mahsus bolan okgunlylylyk, gözellik, gaýratlylyk we wepalylyk ýaly gymmatlyklary alamatlandyrýar. Atçylyk topary — milli goşunyň mertebesi Gahryman Arkadagymyzyň kitabynda Goranmak ministrligine degişli Atçylyk toparynyň döredilişi barada gyzykly maglumat berilýär. Kitapda bu barada: «2010-njy ýylyň 9-njy maýynda Russiýa Federasiýasynyň Moskwa şäheriniň Gyzyl meýdanynda Ýeňiş baýramçylygynyň uludan bellenilendigi, türkmen bedewiniň şol dabaraly harby ýörişdäki hereketi märekäniň ýadyndan hiç haçan çykmaz. Bu dabaraly harby ýörişde Gyrat atly ahalteke bedewi ýöriş sazyna görä hereket edip, köpçüligiň şatlygyna deň duýgudaş bolmagy başarypdy» diýlip bellenilýär. Gahryman Arkadagymyz bu wakanyň yzysüre, 2010-njy ýylyň iýulynda geçirilen Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşinde Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň düzüminde Atçylyk toparynyň döredilendigini we Ýaragly Güýçleriniň hatarynyň bezegine öwrülendigini buýsanç bilen ýazýar. Bu bölümiň döredilmegi diňe bir dabaraly ýörişler üçin däl, eýsem, türkmen bedewiniň häzirki zaman harby mertebesiniň, atly gerçegiň ruhy güýjüniň döwlet derejesinde ebedileşdirilmeginiň aýdyň nusgasydyr. *** Bedewiň her bir hereketinde Garaşsyzlygyň, hemişelik Bitaraplygyň, asudalygyň we rahatlygyň ebedi aýdymy ýaňlanýar. Bu ýörelge türkmeniň ruhy keşbini, durmuş ýörelgesini aýdyň görkezýär. At — türkmeniň myrady, maksady, ynamy. Türkmeniň ruhy dünýäsiniň aýrylmaz bölegi bolan bedewleri, olaryň taryhyny, wepalylygyny, merdanalygyny wasp etmek uly buýsançdyr. Gahryman Arkadagymyň «Mertler Watany beýgeldýär» atly eseri bolsa bu mukaddesligiň döwlet derejesindäki edebi beýany, türkmen bedewiniň ruhy gözbaşlarynyň ylmy we medeni nusgasydyr. Ahmet ANNABERDIÝEW, Türkmen döwlet maliýe institutynyň uly mugallymy.
Интеграция передовых технологий
В столице Финляндии, городе Хельсинки, состоялся рабочий визит делегации Туркменистана в рамках регионального проекта Европейского Союза «Digital Connectivity in Central Asia» (C4CA). Насыщенная программа поездки создала отличные условия для продуктивного диалога, профессионального обмена опытом, изучения передовой практики и обсуждения ключевых вопросов цифровой трансформации, развития современной коммуникационной инфраструктуры, совершенствования системы образования и укрепления международного сотрудничества. Участие Туркменистана в подобных международных инициативах имеет особое значение в контексте последовательной государственной политики, проводимой под руководством уважаемого Президента Сердара Бердымухамедова, направленной на модернизацию национальной экономики, развитие цифровой системы, укрепление научно-образовательного потенциала и внедрение современных информационно-коммуникационных технологий. Практическим воплощением этих приоритетов выступает Государственная программа развития цифровой экономики в Туркменистане на 2026–2028 годы, нацеленная на совершенствование инфраструктуры, повышение компетенций специалистов и расширение международного сотрудничества. Организаторами поездки выступили Университет прикладных наук Laurea и Финский институт государственного управления HAUS, обладающие богатым опытом внедрения цифровых решений и ИКТ в образовательные процессы и госсектор. Программа визита нацелена как на освоение передовой финской практики, так и на создание основы для долгосрочного профессионального и институционального партнёрства между европейскими и центральноазиатскими структурами. Наша страна представлена Международным университетом гуманитарных наук и развития (МУГНиР), динамично расширяющим контакты с ведущими мировыми научно-образовательными центрами. Партнёрство вуза с Университетом прикладных наук Laurea и Финским институтом государственного управления HAUS развивается на основе Меморандума о взаимопонимании, подписанного в июне 2026 года. В данном контексте участие представителей МУГНиР в проекте C4CA стало логическим продолжением достигнутых договорённостей, знаменуя переход двустороннего взаимодействия к практической реализации совместных инициатив. В рамках ознакомительного визита состоялись содержательные переговоры руководства Международного университета гуманитарных наук и развития с руководителями и представителями проекта. В ходе встреч были рассмотрены перспективные направления дальнейшего развития партнёрских отношений, определены приоритетные области взаимодействия и обсуждены возможности реализации совместных образовательных, научно-исследовательских и профессионально ориентированных инициатив. Важным направлением государственной политики выступает укрепление научного и академического потенциала страны. В условиях современной цифровой трансформации высшего образования происходит комплексное обновление образовательной среды, подходов к подготовке кадров и организации исследований, где международный обмен знаниями и изучение успешных зарубежных практик становятся ключевыми факторами развития человеческого капитала. В ходе переговоров представители сторон подтвердили заинтересованность в формировании устойчивого и долгосрочного партнёрства, основанного на взаимном интересе, академической открытости и эффективном использовании имеющегося научно-образовательного потенциала. Одним из значимых результатов проведённых встреч стало достижение предварительной договорённости о реализации части проекта на базе Международного университета гуманитарных наук и развития. Данная договорённость имеет важное институциональное значение, поскольку предполагает непосредственное вовлечение университета в практическую реализацию мероприятий проекта и расширяет возможности его участия в международных инициативах в области цифровой трансформации. Реализация соответствующей части проекта на базе университета создаёт дополнительные возможности для применения полученных международных знаний и практического опыта в образовательной и научной деятельности. Кроме того, это будет способствовать формированию новых механизмов взаимодействия между специалистами, преподавателями и исследователями из Туркменистана и зарубежных партнёрских организаций, а также дальнейшему развитию профессиональных компетенций в сфере цифровых технологий и современных коммуникаций. Проект «Digital Connectivity in Central Asia» является одним из компонентов более широкого регионального взаимодействия C4CA и ориентирован на развитие устойчивых связей между высшими учебными заведениями и другими заинтересованными организациями в области цифровых коммуникаций. Его актуальность особенно очевидна в условиях проводимых в Туркменистане масштабных преобразований, направленных на формирование современной высокотехнологичной экономики и цифровой инфраструктуры. В соответствии с государственной политикой развитие цифровой экономики рассматривается как один из важных факторов устойчивого социально-экономического развития страны. Одним из центральных направлений проекта является обмен академическим и практическим опытом между партнёрами. Важное место отводится развитию совместных образовательных и исследовательских инициатив, совершенствованию цифровых компетенций, изучению современных коммуникационных технологий и поиску эффективных механизмов интеграции инновационных решений в деятельность образовательных учреждений. Во время ознакомительной поездки участники изучили опыт Финляндии в области цифрового развития, функционирования электронной инфраструктуры, современных технологий связи, а также интеграции цифровых решений в систему высшего образования и государственное управление. Финский опыт в данном контексте представляет особый интерес с точки зрения комплексного подхода к цифровизации, при котором технологические решения рассматриваются во взаимосвязи с развитием человеческого капитала, повышением качества государственных и образовательных услуг и совершенствованием институциональных механизмов. Изучение международного опыта имеет существенное практическое значение для участников из стран Центральной Азии, поскольку позволяет сопоставить существующие подходы, выявить перспективные направления развития и определить возможности адаптации отдельных практик с учётом национальных условий. Такой подход созвучен внешнеполитическому и международному курсу Туркменистана, основанному на конструктивном взаимодействии и расширении сотрудничества с зарубежными партнёрами. Международные образовательные и научные проекты позволяют укреплять профессиональные связи, обмениваться знаниями и создавать новые возможности для мирного и устойчивого развития. Рабочий визит представителей Международного университета гуманитарных наук и развития в Хельсинки в рамках проекта ЕС «Digital Connectivity in Central Asia» (C4CA) стал практическим шагом по укреплению академического и научного партнёрства с Финским институтом государственного управления HAUS и Университетом прикладных наук Laurea. Данная инициатива открывает возможности для совместных исследовательских проектов, профессионального обмена и внедрения передовых цифровых подходов в образовательный процесс. Непосредственная интеграция МУГНиР в международные программы отражает стремление вуза к адаптации лучшей мировой практики и активному вовлечению в глобальное образовательное пространство. Успешная реализация достигнутых договорённостей способствует практическому воплощению задач Государственной программы развития цифровой экономики в Туркменистане на 2026–2028 годы, реализуемой под руководством Президента Сердара Бердымухамедова. Формирование устойчивых партнёрских сетей, развитие цифровых компетенций преподавателей и подготовка высококвалифицированных специалистов выступают ключевыми факторами роста отечественной науки и высшей школы. В долгосрочной перспективе участие в C4CA не только расширяет горизонты двустороннего взаимодействия, но и укрепляет международный авторитет страны как динамично развивающегося научно-образовательного центра региона. Нурмухаммет ШИХЛИЕВ, проректор Международного университета гуманитарных наук и развития, кандидат исторических наук.
Milli mirasymyzyň muşdagy
Halypa mugallym, meşhur mirasgär Nurnazar Jumanazarowyň mugallymçylyk tejribesi we milli mirasymyzy yhlasly toplamakda, öwrenmekde, wagyz etmekde alyp barýan işleri barada söhbet. Milli mirasymyz — halkymyzyň asyrlarboýy toplan genji-hazynasy. Türkmen halkynyň milli mirasyny öwrenmek — ata-babalardan galan maddy we ruhy baýlyklary ýüze çykarmak, gorap saklamak hem-de geljekki nesillere ýetirmek üçin amala aşyrylýan möhüm ylmy we medeni iş bolup, bu işde milli mirasymyzyň hakyky janköýerleriniň, mirasgärleriň uly hyzmaty bar. Ata-babalarymyzyň asyrlarboýy döreden we halkyň arasynda saklanyp galan ruhy mirasy hem-de beýleki etnografik gymmatlyklary halkyň baý mirasynyň nusgalarydyr. Halkymyzyň baý durmuş tejribesi esasynda toplan milli-ruhy medeni mirasyny öwrenmek, toplamak, olaryň gadymy nusgalaryny ýüze çykarmak ugrunda uly yhlas we tagallalar edýän mirasgärleriň alyp barýan işleri aýratyn bellenmäge mynasypdyr. Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow «Türkmenistanyň Bitaraplygy — parahatçylygyň we ynanyşmagyň aýdyň ýoly» atly nusgalyk kitabynda: «Şu günüňi gazanmak, nesillere pederlerimizden gelýän maddy we ruhy mirasy ýetirmek üçin geljege ynamly garamak, gözbaşlara sarpa goýmak möhüm wezipedir» diýip belleýär. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ata-babalarymyzyň asyrlarboýy döreden we ezizläp gelen baý milli mirasyny toplamaga, öwrenmäge we ony halkymyza täzeden gaýtaryp bermäge uly üns berilýär. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyz «Hakyda göwheri» atly nusgalyk kitabynda: «Türkmençilik diýilýän asylly ýörelgeler ylmy esasda heniz doly açylan hem däldir. Ýöne onuň düýpli öwrenilmegi wajypdyr. Men muny nygtap aýdýaryn. Döwrüň pähim-paýhas ýörelgelerini aýdyň etmegiň düýp esasy türkmençilikdedir. Häzirki döwrüň ynsanperwerlik ýörelgeleriniň ýeke-täk aýnasyny men gursagymyza guýlan, aňymyzda berkän şol ýörelgelerde görýärin» diýip belleýär. Türkmençiligiň asylly ýörelgelerini toplamakda, öwrenmekde we wagyz etmekde mirasgärlere uly orun degişlidir. Olar il içinde ýygy-ýygydan bolup, köpi gören paýhasly gojalarymyz, baý durmuş tejribeli mähriban ene-mamalarymyz bilen duşuşyp, söhbetdeş bolýarlar hem-de türkmençilik bilen baglanyşykly däp-dessurlary, asylly ýol-ýörelgeleri, edim-gylymlary toplaýarlar, öwrenýärler, halkymyza täzeden gaýtaryp berýärler. Biziň söhbedini etmekçi bolýan halypa bilim işgärimiz, öz manyly ömrüniň 60 ýyldan hem gowragyny türkmençiligiň gymmatly hazynasyny — milli mirasymyzy toplamaga, öwrenmäge we wagyz etmäge bagyşlan ynsanymyz ýurdumyzda tanymal mirasgärleriň biri hökmünde giňden tanalýar. Oňa Nurnazar Jumanazarow diýýärler. Nurnazar Jumanazarow 1947-nji ýylyň 11-nji maýynda Ahal welaýatynyň Kaka etrabynyň Duşak şäherçesinde eneden doglan. Onuň çagalygy 1941 — 1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunyň yzysüresindäki kynçylykly dikeldiş döwrüne gabat geldi. Munuň üstesine-de, ýaşajyk Nurnazar ýaňy 1 ýaşyny doldurandan soňra, XX asyrda elhenç tebigy betbagtçylyk hökmünde adamzat taryhyna giren Aşgabat ýertitremesi bolup geçipdi. Bularyň hemmesi obadaşlary bilen birlikde, Nurnazarlaryň maşgalasynda hem uly kynçylyklary döredipdi. Emma halkymyzyň sabyrlylygy, ýanbermezligi, agzybirligi, birek-birege goldawdyr kömekleri, tutanýerliligi, zähmetsöýerligi şol ýyllaryň gerdene düşen kynçylyklaryny ýeňip geçmäge mümkinçilik berdi. Nurnazar ilkinji edep-terbiýäni maşgalada aldy. Ýaşajyk Nurnazar tä 1953-nji ýyla çenli öý hojalyk işlerinde ene-atasyna kömekleşdi. Awçy hem tebip kakasy, 85 ýaşap dünýäden öten Jumanazar Gurbannazar oglunyň (1911 — 1995) hem-de ejesi Akjemal Batyr gyzynyň (1919 — 1992) milli mirasymyz, türkmen halkynyň däp-dessurlary we edim-gylymlary, meşhur şahsyýetlerimiz barada berýän gyzykly gürrüňleri ýaşajyk Nurnazarda uly gyzyklanmany we örän bilesigelijiligi döredýärdi. Ömrüniň aglaba bölegini at üstünde geçiren mähriban pederiniň şol täsirli gürrüňleri geljekde Nurnazaryň baý milli mirasymyza degişli köp maglumatlary toplamagyna, öwrenmegine we halkymyza wagyz etmegine uly itergi berdi. Ýaşajyk Nurnazar 1953-nji ýylyň 1-nji sentýabrynda Ahal welaýatynyň Kaka etrabyndaky 10-njy orta mekdebe okuwa bardy we 1963-nji ýylda bu mekdebiň 11-nji synpyny ýokary bahalar bilen üstünlikli tamamlap, orta bilim aldy. Mekdepde okan ýyllary milli mirasymyz, meşhur şahsyýetlerimiz baradaky bilesigelijilik we iňňän uly gyzyklanma ýaş ýigidi öz erkine goýmandy. Ol obalara aýlanyp, köpi gören aksakgal ýaşulularyň we mähriban ene-mamalarymyzyň berýän gyzykly gürrüňlerini bütin durky bilen maýyl bolup diňlärdi. Şol gyzykly gürrüňlerden hem diýseň täsirlenerdi. Nurnazar Jumanazarow 1966 — 1970-nji ýyllar aralygyndaky döwürde häzirki Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň bedenterbiýe fakultetinde okap, orta mekdeplerde bedenterbiýe mugallymy hünärini ele aldy. Ýaş hünärmeni Ahal welaýatynyň Kaka etrabyndaky 12-nji orta mekdebiň bedenterbiýe mugallymy wezipesine işe ýolladylar. Oba çagalarynyň sagdyn ösmekleri, köpçülikleýin bedenterbiýe we sport bilen meşgullanmaklary, sportuň aýry-aýry görnüşleri boýunça ezber türgenler bolup ýetişmekleri üçin janypkeşlikli we döredijilikli zähmet çekdi. Mekdep okuwçylarynyň arasynda dürli sport ýaryşlaryny we bäsleşikleri gurap, olaryň sporty özlerine ömürlik hemra edinmekleri üçin uly yhlas we tagallalary etdi. 1990-njy ýylyň ýanwar aýynda uly ynam bildirip, Nurnazar agany Kaka etrabyndaky 12-nji orta mekdebiň müdiriniň terbiýeçilik işleri boýunça orunbasary wezipesine bellediler. Ol bu wezipede hem abraýly, yhlasly we tutanýerli zähmet çekdi. Nurnazar mugallym mekdebiň bedenterbiýe mugallymy wezipesinde 20 ýyldan hem gowrak işländen soňra, özüni diňe gowulykda tanadan oba mugallymyna uly ynam bildirip, ony 1993-nji ýylyň iýulynda Ahal welaýatynyň Kaka etrabynyň Duşak şäherçe Geňeşiniň arçyny wezipesine saýladylar. Onuň bu jogapkärli wezipede üstünlikli işlemegine mugallymçylyk kärinde köp ýyllaryň dowamynda toplan baý iş tejribesi ýakyndan kömek etdi. Ol Duşak şäherçesiniň ilatynyň ýaşaýyş-durmuş şertleriniň, abadançylygynyň mundan beýläk-de gowulanmagy üçin Geňeşligiň agzalary bilen el-ele berip, agzybirlikde we yhlasly zähmet çekdi, il-ulusyň alkyşyna mynasyp boldy. Ýöne Nurnazar gije-gündiz mugallymçylyk kärini küýseýärdi. Bu küýseg ony asla öz erkine goýmaýardy. Galyberse-de, ol mugallymçylyk işi bilen utgaşyklykda müňýyllyklardan gözbaş alýan milli mirasymyzy toplamak, öwrenmek we wagyz etmek üçin hem amatly şertleri we mümkinçilikleri tapýardy. Nirede, haýsy wezipede bolsa-da ýaşlygyndan kalbynda hemra edinen milli mirasymyzy, geçmiş mirasymyza degişli örän köp zatlary yhlasly öwrenýär we irmän-ýadaman toplaýar. Şeýlelikde, Nurnazar aga Duşak şäherçe Geňeşiniň arçyny wezipesinde bäş ýyldan gowrak abraýly zähmet çekenden soňra, ýene-de öz söýgüli käri mugallymçylyga dolanyp gelýär. 1998-nji ýylyň noýabr aýyndan tä hormatly dynç alşa çykýança — 2024-nji ýylyň noýabr aýyna çenli Kaka etrabyndaky 12-nji orta mekdebiň bedenterbiýe mugallymy wezipesinde abraýly, köplere nusga alarlyk, halal we döredijilikli zähmet çekdi. Ösüp gelýän ýaş nesliň sagdyn we hemmetaraplaýyn sazlaşykly ösen kämil şahsyýetler bolup ýetişmekleri, bedenterbiýe we sport bilen yzygiderli meşgullanmaklary barada yhlasly zähmet çekmek bilen çäklenmän, eýsem, baý milli mirasymyzy toplamagyň we düýpli öwrenmegiň netijesinde çeper döredijilik bilen hem has içgin gyzyklandy. Hut şu ýyllar halypa mugallymyň ýiti zehininden we çäksiz yhlasyndan sekiz sany kitabyň dörän döwri boldy. Ýönekeý oba mugallymy bolup zähmet çekip ýören bu mährem ynsanyň şeýle uly möçberli we abyrsyz döredijiligine oturyp-oturyp haýran galýarsyň. Munuň özi halypanyň milli mirasymyzyň hakyky muşdagy hökmünde ony toplamaga, öwrenmäge, wagyz etmäge hem-de halkymyza täzeden gaýtaryp bermäge bolan çuňňur yhlasynyň, egsilmez söýgüsiniň we buýsanjynyň aýdyň ýüze çykmasydyr. Gepiň gerdişine görä ýatlasak, halypa mugallymyň çäksiz yhlasyndan we ýiti zehininden dörän hem-de dürli ýyllarda neşir edilen «Mälik Aždar pälwan», «Perzendim dowamatym», «Ýalňyz bürgüt», «Keýmir Serdar», «Päwi pälwan», «Gara gazmanyň gudraty», «Käriz suwy — arzymanym, arzylanym — arwanam», «Ata — dag, düýä — ýag», «Türkmeniň ary-namysy — bedewi, algyr tazysy» ýaly kitaplary bilim-terbiýeçilik işlerinde gymmatly gollanma hökmünde peýdalanylýar. Halypanyň ilkinji kitaby «Mälik Aždar pälwan» diýen at bilen 1999-njy ýylda «Magaryf» neşirýaty tarapyndan köpçülikleýin neşir edildi. Bu meşhur şahsyýet baradaky dürli rowaýatlar ençeme asyrlaryň synagyndan geçip, il-günüň arasynda has çuňňur ornaşypdyr. Kitapda Kaka etrabynyň Duşak obasynyň günortasynda gonambaşy bolan Mälik Pälwan baradaky gyzykly taryhy wakalaryň birnäçesi jemlenipdir. Kitabyň «Awtordan» diýlip atlandyrylan ilkinji bölüminde Nurnazar aga şeýle ýazýar: «Halk arasynda bu gonambaşy barada örän köp rowaýatlar aýdylyp gelinýär. Menem şu toprakda önüp-ösemsoň, Mälik Pälwan hakdaky rowaýatlardan, gürrüňlerden gulagym gandy. Şol eşiden rowaýatlarymy bolsa güýjümiň ýetdiginden bir ýere toplap, halka ýetirmegi maksat edindim». Ezber mirasgäriň bu kitabynda Mäligiň dünýä inişi, onuň ýaşlygy, musulman dinini kabul edişi baradaky taryhy maglumatlary awtor Mäne obasynyň ýaşaýjysy, il arasynda hormatlanýan molla Hommat Berdinazar oglunda saklanýan we köne türkmen ýazgylarynda ýazylan gadymy kitapda beýan edilen maglumatlaryň esasynda ýazypdyr. Mälik Pälwanyň ogly Muhammet baradaky gürrüňleri bolsa mirasgär Duşakda ýaşap öten, örän kän rowaýat-gürrüňleri bilýän Baýmuhammet Nurberdi oglunyň dilinden ýazyp alypdyr. Milli mirasymyzy öwrenmegi, jemlemegi, ile wagyz etmegi özüniň arzyman arzuwy hasaplaýan meşhur mirasgäriň söhbedi edilýän bu kitaby «Mäligiň ýaşlygy hem-de yslam dinini kabul edişi», «Mälik pälwanyň öýlenişi we Aždar lakamyny alşy», «Mälik Aždar pälwanyň dünýäden gaýdyşy», «Mälik Aždar pälwanyň ogly Muhammet», «Sözsoňy» ýaly bölümlerden ybarat bolup, olarda beýan edilýän täsirli maglumatlar okyjylarda uly gyzyklanma döredýär. Kitap sada we düşnükli dilde ýazylyp, örän akgynly okalýar. Eserde beýan edilýän rowaýatlar okyjyda uly täsir galdyrýar. Halypa mugallymyň bu kitabynyň ýurdumyzyň umumybilim edaralarynda okuw-terbiýeçilik işlerinde ösüp gelýän ýaş nesle taryhy şahslarymyzyň ömür ýoluny we olar bilen baglanyşykly gyzykly wakalary öwretmekde uly üstünlik bilen peýdalanylýandygyny bellemek gerek. Ýadamany-ýaltanmany asla bilmeýän, öz halkynyň taryhyny, edebiýatyny, milli mirasyny jany-teni bilen söýýän halypa mugallymyň 2012-nji ýylda çap edilen «Perzendim dowamatym» atly kitaby hem okyjylar köpçüligi tarapyndan gyzgyn garşylandy. Türkmeniň maşgala mekdebiniň berkararlygyna bagyşlanan we «Ýazardan», «Nesliň binýady», «Aýal dogany hatyralamak», «Rowaýatlar» ýaly bölümlerden durýan bu eserini döredişi barada Nurnazar mugallym şeýle ýazýar: «Uly märekede türkmeniň maşgala medeniýetiniň aýratynlyklary barada ýygnan zatlarymdan aýdyp berenimde, özümden uly, kiçi birnäçe adamlaryň: — Nurnazar aga! Siziň bu aýdýan zatlaryňyzy biz bilemzok. Eger siz ýazmasaňyz, çagalarymyz nädip bilsin — diýip, halypa ýaşulularyň çagyryp tabşyrmagy ýazmaly diýen pikiri agdyklaşdyrdy. Dogrudanam, meniň ýygnan işlerimi indi bir adama ýygnamak örän kyn düşjek. Sebäbi bu zatlary bilýän adamlar azalyp, eşidenden eşidene geçip, rowaýata meňzedip aýdyp başladylar. Ýazmagymy haýyş edýän adamlaryň içinde Ilmyrat Hajy Öwezmyrat oglunyň özelenişi örän üýtgeşik bolup, ýazmak kyn hem geňem bolsa, ýazmaly diýen karara geldim. Şeýlelikde, ýygnan işlerimi syntgylap, jemläp ýazga geçirdim». Edenli we halypa mirasgär söhbedi edilýän kitabynda ata-babalarymyzyň «Dünýä inen çagany nähili terbiýelemeli?» diýen soragyna jogap bar. Türkmeniň maşgala terbiýesiniň esasyny Watana bolan buýsanjyň, onuň erkinligine söýgüsiniň, ikinji ýerde bolsa maşgala mertebesiniň tutandygyny tekrarlaýar. Mirasgär mugallymyň bu kitabynda beýan edilen türkmeniň maşgala mekdebiniň berkararlygynyň mizemez sütünleri baradaky gymmatly mirasyň, asylly däp-dessurlaryň we ýörelgeleriň ýaşlary maşgala durmuşyna taýýarlamakda, berk we agzybir, döwletli maşgalany döretmekde uly ähmiýetiniň bardygyny bellemek gerek. Pähimdar pederlerimiz «Dama-dama köl bolar» diýýär. Edil zer çöplän deýin ýygnalan köp sanly materiallaryň, çekilen azaplaryň, gürrüňdeşliklerde ýazylyp alnan gymmatly maglumatlaryň netijesinde Nurnazar halypanyň galamynyň astyndan dörän kitaplaryň ýene biri-de, 2013-nji ýylda çap edilen «Ýalňyz bürgüt» atly eseridir. Döredijilik ylhamy boldan berlen janypkeş mirasgäriň bu kitabynda türkmen halkynyň içinde ady rowaýata öwrülen halk gahrymanlarynyň, ar-namys we mertebe kemsidilmeleriniň garşysyna barlyşyksyz göreşip, öz şirin janyny şehit eden gahrymanlaryň biri, asly Kaka etrabynyň Mäne obasyndan bolup, il içinde howandar saýylan Ata mäneli, Ata mergen ady bilen tanalýan Atajan Berdiniýaz oglunyň ömür beýany barada gyzykly söhbet açylýar. Halypa mugallym Ata mäneli barada ýazan bu kitabynyň döreýşi hakda söhbet açyp, şeýle belleýär: «Kiçiligimden Ata mergen baradaky gürrüňlerden gulagym ganandyr welin, 1980-nji ýylda Duşakda Geldinazar Babajan köçesinde ýaşan Ata mergeniň iň kiçi aýal dogany, 1911-nji ýylda doglan Nurgözel ejeden has-da köp gürrüňleri eşitdim. Nurgözel eje örän ýatkeş bolup, kakasynyň, ejesiniň, doganlarynyň doglan, dünýäden gaýdan ýyllaryny we maşgala degişli belli seneleri takyk belläpdir. Beýleki wakalary gözi bilen gören adamlardan anyk maglumatlary deňeşdirip aldym. Kel maýrygyň atylyşyny, Ata mäneliniň aradan çykyşy hakda halypam Ümür Esenowyň toplan maglumatlaryny öz toplanlarym bilen deňeşdirip, şu işde ulandym». Nurnazar mugallymyň bu saldamly eseriniň mazmuny «Berdiniýaz ussanyň maşgalasy», «Gara taýyň dünýä inmegi», «Ata mergen», «Ata mergen il goragynda», «Uly synag», «Baýram han», «Jülgedäki ýük», «Mert bolmasa, merdiň işi harapdyr», «Arhiw materiallary», «Guburyň başynda» ýaly bölümleri öz içine alýar. Olarda halkyň hossary, Watanyň, il-günüň namysyny goran türkmen gerçegi Ata mäneliniň ömür ýoly inçelik bilen açylyp görkezilýär. Kitapda beýan edilýän maglumatlaryň ösüp gelýän ýaş nesli watansöýüjilik, milli mirasymyza we gahrymançylykly taryhymyza söýgi hem-de buýsanç ruhunda terbiýelemekde uly ähmiýeti bar. Milli mirasymyzyň yhlasly muşdagynyň galamynyň astyndan çykan «Keýmir Serdar», «Päwi pälwan», «Gara gazmanyň gudraty» ýaly kitaplarynda hem türkmen halkynyň meşhur taryhy şahslary barada uzak ýyllaryň dowamynda halkyň içinden toplanan baý maglumatlaryň esasynda gyzykly söhbet edilýär. Tanymal mirasgäriň «Keýmir Serdar» atly uly göwrümli eseriniň mazmuny «Keýmiriň şejeresi», «Nurgarabaýyr dagynda», «Hasym şyh zamanasy», «Keýmir adyny alşy», «Watan arzuwynda», «Ilbars hana ugralyşy», «Arkaja göçmegiň ugrunda», «Nedir — şalyk ýolunda», «Ugurly han», «Keýmir Serdar gelinlik gözleginde», «Ilkinji atgulak», «Keýmir Serdar gyzy», «Nedir şanyň çakylygy», «Keýmir Serdaryň serdarlygy tabşyrmagy», «Keýmir Serdaryň dünýeden gaýdyşy» ýaly bölümleri özünde jemleýär. Bu kitapda bütin manyly ömrüni türkmen halkynyň azatlygy, erkinligi, türkmen ýigitleriniň söweşip, hökman hem ýeňip, ýigitleriň diri galmagyny başaryp bilen serkerde Keýmir Serdaryň ömür beýany, gahrymançylygy barada gyzykly söhbet açylýar. Eserde beýan edilýän gyzykly maglumatlaryň Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ösüp gelýän ýaş nesilde watansöýüjiligi terbiýelemekde uly ähmiýeti bar. Şonuň üçin hem mirasgäriň beýleki kitaplary ýaly bu kitabyny hem bilim işgärleri okuw-terbiýeçilik işlerinde uly üstünlik bilen peýdalanýarlar. «Päwi pälwan» atly eserinde Nurnazar halypa 1885 —1945-nji ýyllar aralygynda ýaşap geçen, türkmeniň gerçek ogly, Beýik Biribaryň peşgeş beren güýji, üşügi we başarnygy bilen türkmen halkynyň taryhynda öçmejek yz galdyran Päwi pälwan hakynda gyzykly we gowgaly wakalary giňişleýin, yzygiderli beýan edýär. Bu eseri okan her bir okyjy ondaky gyzykly maglumatlaryň esasynda gerçek türkmen ýigidi Päwi pälwanyň öz döwründe türkmen göreşi boýunça gazanan üstünlikleriniň syrlaryna, onuň tutluşyklarda ulanan täsin tilsimlerine, pälwanyň öz bedenini taplamakda we türkmen göreşini kämilleşdirmekde alyp baran işlerine aýdyň göz ýetirmäge mümkinçilik tapýar. Mirasgär mugallymyň bu kitaby ösüp gelýän ýaş nesilde sagdyn durmuş ýörelgelerini alyp barmagy, bedenterbiýe we sport bilen meşgullanmaga gyzyklanmany terbiýelemekde okuw-terbiýeçilik işlerinde uly ähmiýete eýedir. (Dowamy bar). Sapargeldi DURDYÝEW, Türkmenistanyň Milli bilim institutynyň bölüm müdiri, biologiýa ylymlarynyň doktory.
Великий учёный Востока, изменивший мир
В истории человечества есть имена, которые с течением веков не тускнеют, а приобретают всё большее значение. Одно из них – имя великого мыслителя и энциклопедиста Востока Абу Райхана Мухаммада ибн Ахмада аль-Бируни. Астроном и математик, географ и геодезист, историк и этнограф, физик и минералог, фармаколог и исследователь лекарственных растений, философ и педагог – аль-Бируни был человеком необычайно широкого научного кругозора. Его труды охватывали практически все важнейшие области знаний своего времени. ЮНЕСКО называло его «универсальным гением», жившим в Центральной Азии тысячу лет назад. Особенно удивительно то, что многие идеи Бируни, высказанные почти тысячу лет назад, сохраняют актуальность и сегодня – прежде всего его уважение к знаниям, наблюдениям и опыту, к лекарственным растениям, разумному отношению к природе и ответственности человека за собственное здоровье. Абу Райхан аль-Бируни родился 4 сентября 973 года в древнем Хорезме, в городе Кас. Этот край в Средние века был одним из крупных центров науки и культуры Центральной Азии. С ранних лет Бируни проявлял исключительную любознательность. Он изучал математику, астрономию, географию, языки и философию. Его учителем был известный математик и астроном Абу Наср Мансур ибн Ирак. Уже в юности Бируни проводил самостоятельные астрономические наблюдения. В дальнейшем политические события заставляли его неоднократно менять место пребывания, однако даже в сложных обстоятельствах он продолжал научную работу. Большую часть своих научных произведений он писал на арабском языке – главном языке научной литературы исламского мира того времени. Исследователи насчитывают около 180 произведений, хотя до наших дней сохранилась лишь часть этого наследия. Сегодня мы привыкли разделять знания на физику, химию, биологию, медицину, географию, историю и другие дисциплины. Для Бируни эти области были тесно связаны между собой. Он считал, что для понимания окружающего мира необходимо использовать знания разных наук. Из известных произведений Бируни особенно выделяются «Хронология древних народов», «Индия», «Канон Мас’уда», «Книга о драгоценных камнях» и «Фармакопея» – «Китаб ас-Сайдана фи-т-тибб». Именно такая широта интересов позволяет считать Бируни одним из величайших энциклопедистов в истории науки. Одной из главных областей научных интересов Бируни была астрономия. Он проводил наблюдения небесных тел, занимался математическими расчётами, совершенствовал методы определения координат и исследовал различные астрономические явления. В его фундаментальном «Каноне Мас’уда» содержались многочисленные математические и астрономические расчёты, таблицы и сведения о движении небесных тел. Особенно примечательно его отношение к научным гипотезам. Бируни не стремился принимать утверждение только потому, что оно принадлежало авторитетному учёному. Он стремился рассматривать доказательства и проверять выводы. Эта черта делает его научный метод удивительно современным. Одним из выдающихся достижений Бируни были исследование размеров Земли. Используя математические и геометрические методы, наблюдения за горизонтом и измерения высоты гор, он получил значение радиуса Земли, удивительно близкое к современным определениям. Для Средневековья это было исключительным достижением. Бируни не просто рассуждал о мире – он стремился измерить его. Огромное значение имеет знаменитое произведение Бируни «Индия». Учёный изучал индийскую математику, астрономию, философию, религиозные представления, календарь, географию, обычаи и языки. Особенно важно, что он стремился изучать индийскую культуру непосредственно через её собственные источники. Для этого Бируни изучил санскрит. Такой подход был необычным для Средневековья. Он стремился не просто рассказать о другом народе, а понять его систему знаний и мировоззрение. Современные исследователи рассматривают этот труд как важный памятник сравнительного изучения культур и истории науки. Особое место в научном наследии аль-Бируни занимает медицина и фармакология. В конце своей долгой научной жизни он создал выдающийся труд «Китаб ас-Сайдана фи-т-тибб» – «Книга о фармакологии». Эта работа имеет огромное значение для истории фармации. Бируни собирал сведения о лекарственных веществах, растениях, минералах и других природных средствах, систематизировал их и приводил их названия на разных языках. Особенно интересно его понимание профессии фармацевта. Он рассматривал фармацию как самостоятельную область знания, связанную с медициной, но имеющую собственные методы и задачи. Бируни подчёркивал необходимость правильного сбора, определения, хранения, приготовления и применения лекарственных средств. Он также различал лекарства, пищевые вещества и яды, обращая внимание на их действие и способы применения. Даже в преклонном возрасте учёный продолжал исследовать природные лекарства. Бируни рассматривал лекарство не как магическое средство, а как вещество, свойства которого необходимо знать и проверять. Это прекрасный пример того, что настоящий исследователь не перестаёт учиться даже тогда, когда уже достиг мирового признания. Некоторые высказывания Бируни дошли до нас в переводах, поэтому формулировки в разных изданиях могут отличаться. Среди наиболее надёжно атрибутируемых мыслей следующие: «Учёный не должен смотреть свысока на учёных, живших до него». «Путь знания труден, но достижим». Есть и другая известная мысль, передаваемая в источниках о Бируни: «Мудрые знают ценность знания». В них удивительно точно выражена философия всей его жизни: учиться, исследовать, проверять, уважать знания и никогда не останавливаться на достигнутом. Его также интересовала минералогия. Он изучал драгоценные камни и минералы, их свойства и характеристики. Его именем назван лунный кратер и астероид. Так имя средневекового учёного оказалось связано с космосом, изучению которого он посвятил значительную часть своей жизни. ЮНЕСКО посвятило Бируни специальный выпуск своего журналы «Курьера». В 1974 году издание представило его как универсального гения Центральной Азии. Прошла почти тысяча лет, но многие принципы научной и человеческой культуры Бируни звучат удивительно современно. Он учит нас: быть любознательными – потому что любое открытие начинается с вопроса; проверять информацию – потому что мнение не заменяет доказательства; уважать знания предшественников – потому что современная наука строится на фундаменте, созданном предыдущими поколениями; бережно относиться к природе – потому что растения, минералы и другие природные ресурсы являются важными источниками знаний и лекарственных средств; ответственно относиться к здоровью – потому что лечение и применение лекарств требуют знаний и осторожности; постоянно учиться – потому что образование не заканчивается получением диплома. Аль-Бируни прожил жизнь в эпоху, когда не существовало ни современных лабораторий, ни электронных микроскопов, ни космических аппаратов, ни компьютерных технологий. Но у него было главное – неутомимое стремление познавать мир. Он смотрел на звёзды и стремился понять законы Вселенной. Измерял Землю, изучал минералы, исследовал растения, анализировал лекарственные средства, изучал языки и культуры народов. Его жизнь убедительно доказывает, что настоящий учёный не ограничивается одной специальностью, если стремление к истине ведёт его дальше. Для современного поколения аль-Бируни – пример культуры мышления, уважения к образованию, научной честности и стремления использовать знания на благо человека. И, пожалуй, именно поэтому через многие столетия особенно актуально звучат слова великого учёного: «Знание прекрасно, и удовольствие от него непреходяще». Это не просто историческое изречение. Это завещание всем поколениям: беречь знания, передавать их молодёжи, развивать науку и помнить, что здоровье человека, благополучие общества и прогресс государства начинаются с образованного, думающего и ответственного человека. Агаюнус МЫРАДОВА, преподаватель кафедры гигиены питания Государственного медицинского университета Туркменистана имени Мырата Гаррыева.
Верность национальным истокам
Демонстрируя богатейший созидательный потенциал национальной культуры, в преддверии славного 35-летия священной независимости Отчизны успешно завершился творческий конкурс «Çalsana, bagşy!», проводимый в рамках состязания на соискание премии Президента Туркменистана «Türkmeniň Altyn asyry». Прошедший во Дворце мукамов Государственного культурного центра масштабный марафон объединил лучших молодых дутаристов и бахши-музыкантов из всех велаятов, а также городов Ашхабад и Аркадаг, вдохновенно отразив богатейшее наследие народа и новые высоты отечественного исполнительского мастерства. Четырнадцати победителям были вручены специальные дипломы и золотые цепочки от имени Президента Туркменистана. Кроме того, все участники конкурса «Çalsana, bagşy!» были награждены памятными подарками от имени главы государства, что стало ярким свидетельством всемерной поддержки молодых талантов. Смотр в очередной раз продемонстрировал непрерывность связующей нити времён, непреходящую силу школы наставничества и неиссякаемый созидательный порыв нового поколения. Шекер АЛЛАГУЛЫЕВА,учитель 2-й детской школы искусств Управления культуры города Ашхабад: – Оказаться в числе лучших на творческом смотре «çalsana, bagşy!» – незабываемое событие, которое вдохновляет на новые достижения. Искусство игры на дутаре выступает фундаментальной основой музыкальной культуры туркменского народа. Высокие ориентиры в нашей работе задают замечательные книги Героя-Аркадага «Бахши – предвестники народного счастья» и «Музыка мира, музыка дружбы и братства», в которых раскрываются историческая роль, духовная выдержка и феномен туркменских бахши. Опираясь на эти бесценные труды и работая в детской школе искусств, направляю все свои знания и опыт на то, чтобы передать подрастающему поколению богатейшее наследие народных мелодий и дестанов, научить юных музыкантов с трепетом относиться к родному инструментарию. Дутар, гыджак и туйдук – это не просто инструменты, а прочная основа многовекового музыкально-поэтического достояния туркменского народа. Получение диплома и памятных подарков от имени уважаемого Президента Аркадаглы Героя Сердара в год, проходящий под девизом «Независимый нейтральный Туркменистан – родина целеустремлённых крылатых скакунов», открывает новые горизонты и вдохновляет на активную педагогическую деятельность. Я обязуюсь и впредь бережно хранить и развивать традиции национальной школы и воспевать великие успехи нашего любимого Отечества. Юсуп БАЙДЖЫКОВ,учитель Специализированной школы искусств имени Сахы Джепбарова города Аркадаг: – Завоевать звание победителя в творческом конкурсе «çalsana, bagşy!» и удостоиться высокой награды от имени Президента Сердара Бердымухамедова – незабываемое событие в моей жизни. В финале конкурса мне выпала честь представить древнюю песню «Saryýa», принадлежащую к богатейшему направлению народно-песенного искусства «Ahal ýoly». На сцене вместе со мной выступал мой брат гиджакист Гурбанмырат Байджыков, что стало ярким выражением семейной преемственности в нашей работе. Исполнительская школа «Ahal ýoly» – это глубокая музыкальная традиция, славящаяся своими величественными мукамами, особым напевом и наследием великих мастеров прошлых веков. Главным наставником для нас является наш брат – заслуженный бахши Туркменистана Шадурды Байджыков, благодаря мудрым советам и богатому опыту которого мы бережно сохраняем и развиваем эту уникальную школу. Для меня огромная гордость – трудиться в Специализированной школе искусств имени Сахы Джепбарова в современнейшем «умном» городе Аркадаг. Внося свой вклад в подготовку юной смены музыкантов, мы вместе с коллегами и учениками регулярно выступаем на торжественных и культурных мероприятиях города, воспевая достижения Отечества и свято храня нерушимую связь времён и поколений. Сахы ТАЧМЕДОВ,студент Дашогузской специальной школы искусств имени Махтумкули Гарлыева: – Огромной честью и ярким событием в моей жизни послужило участие в заключительном туре ежегодного творческого смотра «çalsana, bagşy!». Войти в число четырнадцати победителей конкурса среди дутаристов бахши-музыкантов, а также получить из рук организаторов специальный диплом, золотую цепочку и памятные подарки от имени уважаемого Президента Аркадаглы Героя Сердара – это высочайшая оценка моего труда и стимул для новых творческих свершений. Являясь уроженцем села Йылгынлы Дашогузского велаята, вырос в семье, где всегда с особым трепетом относились к музыке. Моя любовь к дутару зародилась ещё в детстве благодаря дедушке, который называл меня «Сахы-бахши» в честь легендарного мастера народной песни Сахы Джепбарова, а также моему отцу, который отвёл меня в детскую школу искусств к первому учителю Атамырату Овезову. Сегодня, будучи студентом четвёртого курса ведущего учебного заведения искусств северного региона, с гордостью представляю родной край. Выражаю искреннюю благодарность моему наставнику – преподавателю отделения туркменских национальных музыкальных инструментов Мекану Джумагелдыеву, который сам вошёл в число победителей конкурса «çalsana, bagşy!» в 2022 году. Под его руководством постигаю тонкости исполнительской школы Пурли Сарыева и осваиваю монументальные произведения туркменской классики. Джейхун ЧАРЫЕВ,учитель Детской школы искусств посёлка Керкичи этрапа Довлетли: – Год, проходящий под вдохновляющим девизом «Независимый нейтральный Туркменистан – родина целеустремлённых крылатых скакунов», принёс мне немало ярких событий. Завоевать победу в творческом смотре среди дутаристов и бахши-музыкантов «çalsana, bagşy!» и получить памятный подарок от имени главы государства – огромная радость и высокая честь. Благодаря всемерному вниманию Президента Сердара Бердымухамедова этот проект объединил множество одарённых молодых исполнителей, которые своим мастерством вдохновенно воспевают достижения родной Отчизны. Уже более двадцати лет постигаю древнее искусство игры на дутаре. Особую роль в моём становлении сыграл преподаватель Специальной музыкальной школы-интерната при Туркменской национальной консерватории имени Маи Кулиевой Довран Реджепов, вложивший много труда в моё обучение. В дальнейшем продолжил образование в самой консерватории. Успешно пройдя велаятский этап с произведением «Gyzyl injik», в финале исполнил жемчужину народного наследия – «Kepderi». Эту победу посвящаю своим учителям, семье и родной земле. Окрылённый заботой государства о развитии национальной культуры, обязуюсь и впредь не жалеть сил для сохранения, приумножения и передачи будущим поколениям великого песенно-музыкального искусства туркменского народа. Айнязли РАХМАНОВА,студентка Туркменской национальной консерватории имени Маи Кулиевой: – В год широкого празднования 35-летия священной независимости Отчизны творческий смотр среди дутаристов бахши-музыкантов «çalsana, bagşy!», учреждённый в 2022 году в рамках конкурса Президента Туркменистана «Türkmeniň Altyn asyry», стал важным этапом в продолжении наших национальных традиций. Прославленные на весь мир ахалтекинские скакуны – это воплощение красоты и стремительности, а мелодии дутара и гиджака отражают их грандиозный, летящий бег. Впитывая эту созидательную энергию, мы стараемся передать в своём исполнительском мастерстве всю силу и красоту родной земли. Представлять родной Марыйский велаят и Туркменскую национальную консерваторию имени Маи Кулиевой среди лучших дутаристов страны – это высокая честь и ответственность. Огромное вдохновение мне подарило исполнение в финале туркменской народной мелодии «Şirin-şeker». Через это соприкосновение с народной музыкой мы, молодые исполнители, сохраняем и продолжаем богатые традиции наших великих предков. Мы благодарны Президенту Аркадаглы Герою Сердару и Национальному Лидеру туркменского народа Герою-Аркадагу за внимание к развитию национального искусства и создание условий для профессионального роста молодых музыкантов. Рустам ШАФИКОВ. Фото Хасана МАГАДОВА.
Çagalyk. Täze dostlar. Geljege ýol
Dünýäniň ähli şatlyk-şagalaňy çagalaryň ýylgyryşyndan başlanýar. Geljegiň işiginden çagalaryň ädimi bilen gadam basylýar. Olary begendirmek, şatlygyna şatlyk goşmak, arzuwlaryna ýetmekleri üçin ýol açmak, megerem, özümiz üçin ediljek haýyr işleriň iň ýagşysydyr. Biz, ine, şeýle düşünjeleriň kemal tapýan, çagalaryň bagtly pursatlary hakyda düwünçegine düwýän ýurdunda ýaşaýarys. Gahryman Arkadagymyzyň hem, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň hem alada-tagallalary çaga dünýäsini nurlandyrmakdan gözbaş alýar. Indi ýylyň-ýylyna müňlerçe ildeşimizi bir ýerde duşurýan «Kids EXPO: ähli zat çagalar üçin» atly halkara sergi-ýarmarka aýdanlarymyzyň anyk-aýdyň mysalydyr. Çagalar forumy bu gezegem ýaş türkmenistanlylara ýakymly ýatlamalary, täze dostlary, bilim-başarnyklary, mahlasy, jemleseň özboluşly hekaýa boljak gyzykly başdangeçirmeleri bagyş etdi. Halkara sergi-ýarmarka çagalar üçin tomusky dynç alyş möwsüminiň ajaýyp jemlenmesine öwrüldi. Dört günläp dowam eden «Kids EXPO» halkara sergi-ýarmarkasy çagalary gyzyklandyrýan dürli tematiki ugurlary öz içine aldy. Onda çagalaryň ýaş aýratynlyklary we döwrebap gyzyklanmalary göz öňünde tutuldy. Has anygy, bu ýerde täze doglan çagalar üçin harytlar, mekdep esbaplary, bilim we çagalaryň okuwa taýýarlygy, oýnawaçlar hem-de ösüşe ýardam edýän oýunlar, tans, aýdym, şekillendiriş sungaty, saglyk, çagalara bilim bermekde innowasion tehnologiýalar, şeýle hem çagalar edebiýaty, körpelere niýetlenen neşirler ýaly mowzuklarda gurnalan diwarlyklar sergi-ýarmarkanyň köpugurly häsiýete eýe bolmagyny şertlendirdi. Diwarlyklar bilen ugurdaşlykda sergide çagalaryň we ýetginjekleriň arasynda bilim hem sport bäsleşikleriniň guralmagy ýaş nesliň iň ähmiýetli ugurlara — zehin-başarnyklaryny kämilleşdirmäge üns berýändigini äşgär edýär. Ýüzugra sanlary tiz hasaplamagy başarýan, küştüň birnäçe görnüşi boýunça halkara ýaryşlarda özüni tanadan ýetginjekleri görüp, neneň buýsanmajak?! Halkara sergi-ýarmarka bir meýdançada geçirilse-de, ýaş zehinliler üçin zolak, hünärler şäherjigi, STEM ylmy zolagy, okuwlar zolagy, sungat zolagy, planetalary öwreniş zolagy ýaly birnäçe mowzuklaýyn zolaklarda dowam etdi. Bu çagalaryň gyzyklanmalaryna kybap gelýän bilim we güýmenje isleglerini doly kanagatlandyrýar. Olarda oýunlaryň çagalary aň taýdan kämilleşdirmek çäreleri bilen utgaşdyrylmagy aýratyn bellärliklidir. Çünki bu häzirki döwrüň okuw usulyýetleriniň özboluşly aýratynlygy hökmünde mekdeplerde we bilim merkezlerinde giň gerime eýe boldy. Dürli hünäriň başyna baryp görmek çaga üçin şu günüň möhüm zerurlygy bolmasa-da, oňa zehinini açmaga, ene-atasyna bolsa çagasynda bu zehiniň näderejede ýüze çykýandygyny görmäge ýardam edýär. Sergide körpeleriň özleri üçin güýmenje, aslynda welin özbaşyna hünär hasaplanylýan ugurlar — küýze, şaý-sep ýasamak, surat çekmek, tikin-çatyn, el işleri we beýlekiler bilen gümra bolup oturanyny görmek nähili ýakymly?! Zehiniň açylmagy üçin onuň gözleginde bolmak gerek. Çagalar bolsa bu gözlege çykyp, öz hünär ýoluny tapmaga ymtylýarlar. «Çaga» sözi, belki-de, «päklik» diýen düşünjäniň iň ajaýyp aňlatmasydyr. Päk kalply çagalaryň edep-ekramly, zehinli kemala gelmegi bolsa olaryň terbiýesine, görüm-göreldesine bagly. Öňde danalaryň biriniň: «Ata-enäniň öz perzendine berip biljek iň gowy sowgady — onuň ajaýyp edep-terbiýesidir» diýen sözleri nesilleriň arabaglanyşygynyň bitewüligini edep-terbiýäniň döredýändigine şaýatlyk edýär. Çaganyň düýnüň tejribesini, şu günüň meýillerini hem-de geljegiň gyraňyny öwrenip-özleşdirip, öz geljegini akylly-başly gurmagy üçin ene-atanyň hyzmaty örän uludyr. Bu durmuşy ýörelgäni «Kids EXPO» sergisiniň mysalynda ene-atalaryň gatnaşmagynda geçirilen sapaklardan we çagalara hünär öwretmek bilen bagly beýleki çärelerden hem aýdyň görmek bolýar. Şu gezekki «Kids EXPO» sergisinde çagalaryň saglygy baradaky tagallalary, bu ugurda ýurdumyzda alnyp barylýan işleri görkezýän diwarlyklaryň, olaryň kadaly, saglyk düzgünlerine laýyklykda ösdürilip ýetişdirilmegi bilen bagly maslahat beriş sapaklarynyň aýratyn ähmiýete eýe bolandygyny nygtamalydyrys. Sergi-ýarmarkanyň ajaýyp künjeginde ýerleşdirilen Arkadag şäheriniň düzümleriniň diwarlygynda serginiň myhmanlary Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň, çagalar sagaldyş-dikeldiş merkeziniň hyzmatlary, “Arkadag Medisina Klasteri Menejment” kärhanasynyň önümleri we çagalaryň abadançylygyna gönükdirilen beýleki işler bilen tanyşdyryldy. Diwarlykda haýyr-sahawat gaznasynyň goldaw bermeginde bejergi alýan çagalar hem dürli oýunlary oýnadylar. Sagaldyş-dikeldiş merkezinde dürli çaga kesellerini bejermekde, olary bejergi işlerine taýýarlamakda öňdebaryjy usullardan peýdalanylýandygy, mysal üçin, häzirki wagtda çagalaryň sözleýşini ösdürmek, dürs geplemegini gazanmak üçin tomatis usulynyň ulanylýandygy barada bellemek bolar. Çagalar sagaldyş-dikeldiş merkeziniň pedagog-psihology Oguljeren Artykowanyň gürrüň bermegine görä, belli kompozitor Mosartyň sazlary esasynda maksatnama boýunça çagalaryň sözleýşi dikeldilýär. Bu usul dünýäniň öňdebaryjy ýörelgeleriniň biri bolup, häzire çenli oňyn netijeleri berip gelýär. Mundan başga-da, sergide çagalaryň bejergi alşy barada giňişleýin gürrüň berildi. Çagalar sergisinde küşt boýunça halkara ýaryşyň geçirilmegi çäräniň gerimini we oňa bolan gyzyklanmany has-da artdyrdy. Munuň özi akyl-paýhas oýny bilen gyzyklanýan körpe nesliň sanynyň barha köpelmegine ýardam edýär. Häzirki wagtda küşt boýunça ýurdumyzyň adyndan daşary ýurtlarda geçirilýän ýaryşlarda çagalar we ýetginjekler ýygyndymyz üstünlikli çykyş edip gelýär. Onuň düzümine girýänleriň sanynyň birlän-ikilän däl-de, örän köpdügi geljekki menzillerde sportuň bu görnüşi boýunça uly üstünlikleriň gazanyljakdygyny wada berýär. Nobatdaky ýaryş ýaş nesil üçin güýç synanyşmaga, ukyp-zehinini görkezmäge ýene bir mümkinçilik boldy. Ol küştüň türkmen mekdebiniň täze nesliniň zehinli çagalardan we ýetginjeklerden ybaratdygyny äşgär etdi. Çaga diýlende, multfilm sözüniňem ýygy agzalýandygyny, köplenç, oňa eýerip gelýändigini hemmämiz bilýäris. Häzirki döwrümiz türkmen we daşary ýurt dillerindäki multfilmlere örän baý. Teleýaýlymlarda, dürli sanly platformalarda, internet sahypalarynda hödürlenilýän multfilmleri görüp, çagalarymyzyň söz baýlygam, düşünjesem barha kämilleşýär. Mesele diňe çaganyň dogry, kadaly, terbiýeçilik ähmiýetli zatlara tomaşa etmegini gazanmakda. Şu gezekki sergide täze tanyşdyrylan «Nowça TV» platformasy-da bu ugurda geljekde çagalaryň söýgüli güýmenjesine öwrüljek taslamalaryň biridir. Ol çagalaryň bilim-terbiýeli, milli ruhda kemala gelmegine ýardam eder. Sözümiziň şu ýerinde halkara sergi-ýarmarka multiplikasion filmleri hödürleýän «Soýuzmultfilm» rus kinostudiýasyndan hem wekiliň gatnaşandygyny bellemelidiris. Onuň belleýşi ýaly, kinostudiýanyň multfilmlerini Türkmenistanda tomaşaçylara hödürlemek, türkmen hünärmenleriniň rus kinofestiwallaryna gatnaşmagyny ýola goýmak maksady bilen, hyzmatdaşlygy ilerletmek meýilleşdirilýär. Şunda kinostudiýa öz gahrymanlarynyň şekilleriniň ýerli önümlerde ulanylmagyna hem ünsi çekýär. «Soýuzmultfilm» — köpleriň çagalyk ýyllarynyň hakyda ýazgysy. Ol uly ýaşlylaryň galabasyny Çeburaşka we krokodil Gena, möjek we towşanjyk, Winni Puh we Ýemşijek, Bremen sazandalary hem-de beýlekiler bilen tanyşdyrdy. * * * Çagalaryň şadyýan gülüp-oýnap ýörmegi — ýurt parahatlygyndan nyşan. Durmuşyň manysam, begenç-şatlygam şolarda jemlenen. Bu — nesilleriň arabaglanyşygynyň dowamat-dowam bolmagy. Neneň onsoň baryňy çagalara bagyşlamajak?! «Kids EXPO: ähli zat çagalar üçin» atly halkara sergi-ýarmarka bu aýdanlarymyzyň nobatdaky güwäsi boldy. Öň çagalar sapaly tomusda diňe dynç alyş möwsümine sabyrsyzlyk bilen garaşýardylar. Indi dynç alyş möwsüminde şatlanmaga ýene bir sebäp bar, ol hem «Kids EXPO» sergisi. Annaguly IŞANGULYÝEW. «Türkmenistan».
Ýaşlar dialogyny ilerledip
Hywa şäherinde türkmen we özbek ýaşlarynyň forumy geçirildi 18 — 21-nji awgust aralygynda Özbegistan Respublikasynyň Hywa şäherinde Türkmen-özbek ýaşlar forumy geçirildi. Bu halkara çäre iki goňşy döwletiň hyzmatdaşlygynda taryhy müňýyllyklara uzaýan gadyrly gatnaşyklaryň barha berkeýändigini alamatlandyrdy. «Arda Hywa» dynç alyş toplumynyň mejlisler zalynda badalga alan ýaşlar forumy diňe bir resmi çäre bolman, eýsem, iki goňşy halkyň ýaş nesilleriniň arasyndaky ruhy we ynsanperwer raýdaşlygyň täze tapgyryna öwrüldi. Ol türkmen we özbek ýaşlarynyň arasyndaky dialogyň täze, has giňişleýin ugurlar boýunça ýaýbaňlanýandygynyň aýdyň güwäsidir. Forum Türkmenistanyň we Özbegistanyň ýaşlarynyň intellektual, döredijilik, ylmy hem-de tehnologik mümkinçiliklerini birleşdirmekde netijeli meýdança boldy. Geçirilen sessiýalaryň çäklerinde sanly tehnologiýalary ornaşdyrmak, emeli aňyň mümkinçiliklerinden netijeli peýdalanmak, ýaşlaryň startap-ekoulgamlary üçin amatly gurşawy kemala getirmek, sebitiň durnukly ösüşine gönükdirilen bilelikdäki ekologiýa we «ýaşyl» taslamalary durmuşa geçirmek, meýletinçilik hereketleriniň gerimini giňeltmek, şeýle hem medeni-ynsanperwer alyşmalary ulgamlaýyn baýlaşdyrmak ýaly ugurlar barada giňişleýin pikir alşylmagy çäräni mazmun taýdan has-da baýlaşdyrdy. Hususan-da, sanly ulgam we emeli aň baradaky çykyşlarda häzirki zaman tehnologiýalarynyň mümkinçiliklerinden dogry peýdalanmak, ýaşlaryň innowasion startap taslamalaryna giň ýol açmak we sanly gurşawyň howpsuzlygyny üpjün etmek ýaly döwrebap meselelere ylmy taýdan çemeleşmek dogrusynda aýdyldy. Ýaş telekeçileriň işine bagyşlanan çykyşlarda bolsa iki ýurduň kiçi we orta telekeçilik boýunça wekilleriniň arasynda göni gatnaşyklary ýola goýmagyň, önümçilik we söwda ugurlarynda täze amaly taslamalary durmuşa geçirmegiň ykdysady bähbitleri anyk mysallar bilen delillendirildi. Sebitiň ekologiýa ýagdaýyna we «ýaşyl» taslamalara bagyşlanan çykyşlarda daşky gurşawy goramak we ekologiýa medeniýetini kemala getirmek ugrunda ýaş nesliň öňünde durýan jogapkärçilik dogrusynda aýratyn nygtaldy. Bu ugurdaky amaly üstünlikleriň aýdyň nyşany hökmünde ýakynda Özbegistan Respublikasynyň Şährisäbz şäherinde ekologiýa abadançylygyny üpjün etmäge bagyşlanyp geçirilen “Ýaşlar — geljegiň gurujylary” atly halkara çäräniň çäklerinde guralan ýaşlaryň ekologiýa taslamalarynyň bäsleşiginde türkmen ýaşlarynyň taýýarlan innowasion taslamasynyň birinji orna eýe bolandygy aýratyn bellenildi. Meýletinçilik hereketiniň gerimini giňeltmäge gönükdirilen çykyşlarda ynsanperwerlik, raýdaşlyk we jemgyýete peýda getirmek ýörelgelerine daýanyp, durmuş ähmiýetli çärelerde meýletinçileriň tejribesini we amaly usullaryny kämilleşdirmegiň wajypdygy bellenildi. Forumyň medeniýet we sungat ugruna bagyşlanan böleginde bolsa iki doganlyk halkyň asyrlar aşyp gelýän maddy däl medeni mirasyny aýawly saklamak, milli gymmatlyklary ýaşlaryň arasynda giňden wagyz etmek we sungatyň diplomatik güýji arkaly medeni-ynsanperwer gatnaşyklary täze belentliklere götermek baradaky buýsançly pikirler beýan edildi. Forumyň dowamynda guralan ýürekdeş söhbetdeşlik gatnaşyjylaryň ýadynda ýakymly täsir galdyran pursatlara beslendi. Bir saçagyň başynda jemlenen türkmen we özbek ýaşlary milli däpler, umumy gymmatlyklar we halklaryň medeni ýakynlygy barada pikir alyşdylar. Bu duşuşykda iki halkyň sungatynyň özboluşly gözelligi hem giňden açylyp görkezildi. Şu günki günde döwrüň öňe sürýän iň möhüm syýasy-jemgyýetçilik meseleleri dostlukly halklaryň ýaşlaryny bir maksatda birleşdirýär. Ýaşlaryň arasyndaky jebisligi berkitmäge we uzak geljegi nazarlaýan başlangyçlary kemala getirmäge gönükdirilen ýörelgeler forumyň dowamyndaky çykyşlarda öz beýanyny tapdy. Şeýle hem medeniýetiň, edebiýatyň halklary birek-birege ýakynlaşdyrýan, ruhy-medeni taýdan baglanyşdyrýan köprüdigi forumyň çäklerinde ýaýbaňlandyrylan şowhunly aýdym-sazlarda, şahyrana setirlerde aýdyň şöhlelendi. Häzirki wagtda döwletara gatnaşyklary işjeňleşdirýän medeni-ynsanperwer ulgamdaky hyzmatdaşlyga aýratyn üns berilýär. Muňa Özbek-türkmen ýaşlar forumynyň maksatnamasynda medeni çärelere aýratyn ähmiýet berilmeginiň mysalynda hem aýdyň göz ýetirmek bolýar. Şunuň bilen baglylykda, forumyň çäginde gadymy Hywa şäheriniň taryhy-medeni ýadygärliklerine guralan gezelençleriň ýatda galyjy pursatlara baý bolandygyny bellemek gerek. Ürgenç şäheriniň Türkmenler mähellesinde ýerleşýän Özbek-türkmen dostluk öýüne guralan gezelenç binanyň öňündäki Magtymguly Pyragynyň heýkeline gül desseleriniň goýulmagy bilen badalga aldy. Dostluk öýüniň kitaphanasynda ýurdumyzda çap edilen kitaplaryň, aýratyn hem, Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ajaýyp eserleriniň bolmagy buýsanjymyzy has-da artdyrdy. Ýeri gelende bellesek, häzirki döwürde Türkmenistan bilen Özbegistanyň arasyndaky döwletara gatnaşyklarda ýaşlar hyzmatdaşlygy möhüm orny eýeleýär. Bu ugruň hukuk binýadynyň 2018-nji ýylda iki ýurduň ýaşlar guramalarynyň arasynda hyzmatdaşlyk etmek baradaky Ähtnama gol çekilmegi bilen berkidilmegi uly ähmiýete eýedir. Bu resminama bilelikdäki maksatnamalary durmuşa geçirmek, hünär we ylmy tejribe alyşmalary guramak, özara gatnaşyklaryň netijeli guramaçylyk meýdançalaryny döretmek hem-de döwletlerimiziň ýaşlarynyň arasynda ýola goýlan gatnaşyklary berkitmek üçin uzak möhletleýin ugurlary kesgitledi. Iki ýurduň hoşniýetli hyzmatdaşlygynda medeni-ykdysady ugurlarda gatnaşyklary ilerletmekde täze derejäni alamatlandyran Türkmen-özbek ýaşlar forumy hormatly Prezidentimiziň degişli Karary bilen tassyklanylan “Türkmenistanyň ýaşlarynyň halkara hyzmatdaşlygynyň 2023 — 2030-njy ýyllar üçin Strategiýasynyň” işjeň durmuşa geçirilýändiginiň hem aýdyň güwäsidir. Umumy taryhy-ruhy köklere daýanýan türkmen-özbek hyzmatdaşlygynda ýaşlar dialogynyň barha ilerlemegi, has-da ýaýbaňlanyp, giň gerime eýe bolmagy tötänlik däldir. Sebäbi iki doganlyk halkyň ýaşlaryny bir umumy dünýägaraýyş we belent meýiller birleşdirýär. Edil şu sarsmaz ruhy we intellektual birlikden güýç alýan, gadymy akabalardan gözbaş alyp, täze eýýamda has-da dabaralanýan türkmen-özbek dostlugy ýaşlaryň döredijilikli başlangyçlary arkaly geljegiň täze gözýetimlerini açýar. Döwletara ýaşlar syýasaty çygrynda amala aşyrylýan ynsanperwer hyzmatdaşlygyň düýp özeninde Milli Liderimiziň hem-de hormatly Prezidentimiziň sebitde parahatçylygyň, ählumumy abadançylygyň we hoşniýetli goňşuçylygyň binýatlaryny berkitmäge gönükdirilen durnukly ösüş hem-de dostluk taglymatlary durandyr. Şu mukaddes taglymatlardan ugur alýan belent maksatlar Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýaş nesiller üçin döredip berýän giň mümkinçilikleri we amala aşyrýan beýik tutumlary esasynda geljekde has-da dabaralanar. Ýazpolat KERIÝEW, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşiniň başlygy, Mejlisiň deputaty.
Agzybirligiň we döwletliligiň beýany
Her bir halkyň döwletliligini, agzybirligini we milli bitewüligini görkezýän özboluşly däpleri bolýar. Türkmen halkynyň müňýyllyklaryň dowamynda kemala getiren iň gymmatly ýörelgeleriniň biri hem möhüm meseleleri halk bilen maslahatlaşmakdyr. Şonuň üçin hem bu parasatly ýörelgeler häzirki döwürde Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň alyp barýan işinde öz beýanyny tapýar. Taryha ýüzlensek, gadymy döwürlerde hem ýurtda parahatçylygy goramak, halkyň abadançylygyny üpjün etmek, goňşy döwletler bilen gatnaşyklary ýola goýmak ýaly jogapkärli meseleler il geňeşi arkaly ara alnyp maslahatlaşylypdyr. Munuň özi türkmen halkynyň döwlet dolandyryşynda geňeşe we agzybirlige uly ähmiýet berendigini görkezýär. Häzirki döwürde Türkmenistanyň Halk Maslahaty ata-babalarymyzyň döwletlilik däplerini häzirki zaman talaplary bilen utgaşdyrýan ýokary wekilçilikli edara hökmünde çykyş edýär. Onda ýurdumyzyň syýasy, ykdysady, medeni we durmuş ösüşiniň möhüm ugurlary ara alnyp maslahatlaşylýar. Ýurdumyzda durmuşa geçirilýän işleriň esasy ugry halkyň bagtyýar durmuşyny üpjün etmekden, döwletimiziň kuwwatyny artdyrmakdan hem-de geljek nesiller üçin berk binýat döretmekden ybaratdyr. Halk Maslahatynyň mejlisiniň halkyň öňdebaryjy wekilleri, il sylagly ýaşulular bilen geçirilmeginiň çuňňur manysy bar. Sebäbi taryhy tejribe häzirki ösüş bilen utgaşanda kabul edilýän çözgütler has kämil we uzak geljegi nazarlaýan häsiýete eýe bolýar. Olar ýaş nesle diňe bir öwüt-ündew bermän, eýsem, öz durmuş ýoly bilen hem görelde görkezýärler. Şonuň üçin olaryň pikirleri döwlet durmuşynda hem aýratyn ähmiýete eýedir. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyz milli döwletlilik däplerini gorap saklamaga we nesilleriň özara arabaglanyşygyny pugtalandyrmaga uly üns berýär. Hormatly Prezidentimiziň parasatly döwlet syýasatynyň netijesinde bu asylly ýörelgeler mynasyp dowam edýär. Ýurdumyzyň ähli ulgamlarynda gazanylýan üstünlikler, giň gerimli özgertmeler şeýle öňdengörüjilikli syýasatyň aýdyň netijesidir. Halk Maslahaty halk bilen döwletiň bitewüliginiň nyşanydyr. Onda kabul edilýän çözgütler raýatlaryň abadançylygyna, ylym-bilimiň ösmegine, milli medeniýetiň baýlaşmagyna, ýaş nesliň watançylyk ruhunda terbiýelenmegine we ýurdumyzyň dünýä derejesindäki abraýynyň has-da artmagyna gönükdirilýär. Şu günler mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk baýramynyň öňüsyrasynda geçiriljek Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisine ýokary derejede görülýän taýýarlyk hem halkymyzyň jebisliginiň beýanydyr. Halk bilen geňeşmek ýörelgesi jemgyýetiň beýgelmegine hem-de ösmegine oňyn täsir edýär. Bilşimiz ýaly, ýurdumyzda kabul edilen maksatnamalary ýerine ýetirmäge halk köpçüligini giňden çekmek, teklipleri işläp taýýarlamak, halkymyzyň agzybirligini, asudalygyny, abadançylygyny berkitmek hem-de Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmegine ýardam bermek Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň baş maksady we esasy wezipesi bolup durýar. Türkmenistanyň Halk Maslahaty döwletlilik däplerimiziň, halk paýhasynyň we milli ýörelgelerimiziň häzirki zaman kämil beýanydyr. Ata-babalarymyzyň parasatly ýoluny dowam edip, jemgyýetiň akyl-paýhasyna hormat goýmak, halkyň pikirine daýanmak we möhüm çözgütleri bilelikde kabul etmek türkmen döwletiniň mizemez sütünleriniň biridir. Bu beýik ýörelgeler geljekde hem ýurdumyzyň gülläp ösmegine, halkymyzyň bagtyýar durmuşyna we Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň dünýä ýüzünde abraýynyň has-da belende galmagyna hyzmat eder. Ogulşat DURDYÝEWA, Gökdepe etrabyndaky Berdimuhamet Annaýew adyndaky ýöriteleşdirilen 27-nji orta mekdebiň müdiri.
Döwrebap özgertmeler rowaçlanýar
Häzirki ajaýyp döwrümizde ylym-bilim ulgamyny ösdürmäge, ýaş nesli milli ruhda terbiýelemäge uly üns berilýär. Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallalary netijesinde bilim ulgamynyň ösdürilýändigini aýratyn bellemek gerek. Bu babatda durmuşa geçirilýän işleriň netijesinde türkmen ýaşlarynyň döwrebap derejede bilim almaklary, ylmyň täze gazananlary bilen giňden tanyşmaklary, ylmy iş bilen meşgullanmaklary üçin ähli mümkinçilikler döredilýär. Başlangyç bilimler orta mekdepde ele alnyp başlanylýar. Bu bolsa orta mekdeplerde okuwlaryň dünýä derejesine laýyk, döwrebap usullarda alnyp barylmagyny üpjün edýär. Ylym-bilimiň döwrebap ösüşleri ýaş nesilleriň kämil hünärmenler bolup ýetişmeklerine giň mümkinçilikleri döredýär. Häzirki wagtda «Türkmenistanda umumybilim maksatnamalary boýunça okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmegiň 2028-nji ýyla çenli Konsepsiýasy» esasynda okatmagyň usulyýeti kämilleşdirilýär. Şeýle hem häzirki zaman derejesinde bilim-terbiýeçilik işlerini alyp barmaga ähli amatlyklary bolan orta, ýörite orta we ýokary okuw mekdeplerde iň döwrebap mümkinçilikleriň döredilmegi bilim ulgamyny dünýä nusgalyk görnüşde ösdürmekdäki uly ädimlerdir. Ylmyň gazananlarynyň önümçilige ornaşdyrylmagy bilen milli ykdysadyýetiň ösüş depginleri barha ýokarlanýar. Bu jemgyýetçilik sazlaşygy ýurtda düýpli bilimiň maddy-enjamlaýyn binýadynyň berk tutulmagy bilen baglanyşyklydyr. Bilimiň kanunçylyk binýadynyň berkidilmegi döwletimiziň bu ulgamy ösdürmekdäki özgertmeleriniň üstünlikli durmuşa ornaşdyrylmagyna şert döredýär. Ýurdumyzyň halk hojalygynyň dürli pudaklarynda düýpli özgertmeleriň üstünlikli durmuşa geçirilmeginde, öňde goýlan belent maksatlara ýetmekde bilimiň, ylmyň orny örän uludyr. Hut şu nukdaýnazardan, bilimli, ylymly ýaşlary kemala getirmek baş maksat bolup durýar. Röwşen geljegimiziň eýeleri bolan ýaşlaryň häzirki döwrüň ösen tehnologiýalaryna erk edip bilýän raýatlar bolup ýetişmegi okatmagyň we terbiýe bermegiň usullarynyň, milli hem halkara möçberinde gazanylan täzelikleriň bilim ojaklaryna giňden ornaşdyrylmagyna bagly bolup durýar. Ýurdumyzyň orta mekdepleriniň döwrebap multimedia, kompýuter tehnikalary we tehnologiýalary bilen üpjün edilmegi, interaktiw usulda okatmagyň ornaşdyrylmagy ýaş nesliň dünýä derejesinde bilim almagyna, dünýägaraýşyny giňeltmegine oňat ýardam edýär. Bu bolsa olaryň ylmyň gazananlary bilen içgin tanyşmagyna, ylma bolan höwesiniň artmagyna amatly şertler döredýär. Şeýlelikde ýaş nesilleriň geljekde kämil şahsyýetler bolup ýetişmeginde bilimiň eýeleýän ornunyň juda giňdigine göz ýetirmek bolýar. Döwletimiziň ähli ulgamlarynda ýokary netijeleri gazanmagyň ýollary bilim arkaly amala aşyrylýar. Bular dogrusynda beýan edenimizde, ylym-bilimde halkara hyzmatdaşlygynyň ösdürilýändigini hem bellemek gerek. Häzirki ajaýyp döwrümizde okuwçylarymyz, talyplarymyz dünýäde geçirilýän ders bäsleşiklerine işjeň gatnaşýarlar. Özi hem bu ders bäsleşiklerinde ýaşlarymyz baýrakly orunlary eýeläp, bilimleriniň, dünýägaraýyşlarynyň ýokarydygyny subut edýärler. Bu bolsa ýurdumyzyň bilim, ylym ulgamynyň has-da ösdürilýändigini subut edýär. Häzirki wagtda okuw-terbiýeçilik, ylmy-barlag işleriniň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak, okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmek, sportda we syýahatçylykda ýokary netijeleri gazanmak baş maksadymyza öwrüldi. Türkmenistanda bilim, ylym, sport we syýahatçylyk ulgamlarynda ýetilen sepgitler halkara derejesinde hem ykrar edilýär. Ýurdumyzyň orta mekdeplerinde okuwyň döwrebap ýola goýulmagy, okatmagyň iň kämil usullarynyň ornaşdyrylmagy türkmen ýaşlarynyň dünýä derejesinde bilim almaklaryna, olaryň jemgyýetiň çalt depginler bilen ösýän her bir ulgamyndaky täzelikleri, ylmy taýdan açyşlary nazary taýdan öwrenmeklerine, geljekde özleriniň saýlap alan hünärlerine höwesli ýapyşmaklaryna şert döredýär. Ylmyň gazananlarynyň halkara derejesinde sazlaşykly ösüşini kabul eden ýaşlar giň düşünjeli, belent ahlakly, zähmetsöýer, tehnologiýalara erk edip bilýän başarjaň raýatlar bolup ýetişmelidir. Ýurdumyzda ýaş nesilleriň döwrebap derejede bilim almaklaryna, ylmy döredijilik bilen meşgullanmaklaryna döwlet tarapyndan ähli mümkinçilikler döredilýär. Bilim öwretmegiň iň kämil usullaryny ornaşdyrmak, düýpli we amaly ylmy barlaglary goldamak we höweslendirmek hem yzygiderli alnyp barylýan ugurlardyr. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň ylym-bilim ulgamynyň öňünde durýan baş wezipe, maksat ýaşlaryň kämilligi, giň dünýägaraýşy bilen berk baglanyşyklydyr. Şeýle belent maksatlardan ugur alýan döwletiň ykdysady kuwwatynyň ylym-bilime daýanylyp ösdürilmegi dünýä nusgalyk ajaýyp netijäni berýär. Bilim bagtyň gözbaşydyr. Asylly ýörelgelere, ata Watanyň ösüşine hyzmat etmek häzirki ajaýyp döwrümizde baş maksadymyzdyr. Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýurdumyzyň bilim ulgamyny ösdürmekdäki beýik işleri biziň her birimizi buýsandyrýar. Durmuşa geçirilýän özgertmeler bilim işgärlerini täze üstünliklere ruhlandyrýar. Ýurdumyzda milli bilim ulgamyny ösdürmäge, ýaşlary milli ruhda terbiýelemäge döredilýän mümkinçilikler bilim işgärlerinde, mugallymlarda döredijilikli zähmet çekmäge höwes döredýär. Ylym-bilimi ösdürmekde giň mümkinçilikleri döredýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag bolsun, beýik işleri rowaçlyklara beslensin! Atajan HEMRAÝEW, Hojambaz etrap bilim bölüminiň müdiri.
Aýdym-saz sungatynyň belent waspy
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda milli medeniýetimizi, sungatymyzy ösdürmek boýunça giň möçberli işler alnyp barlyp, ýaşlaryň döredijilik taýdan kämilleşmekleri üçin ähli şertler hem-de mümkinçilikler döredilýär. Mälim bolşy ýaly, 22-nji awgustda Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň Altyn asyry» atly baýragyny almak ugrundaky bäsleşigiň çäklerinde dutarçy bagşy-sazandalaryň arasynda geçirilýän «Çalsana, bagşy!» bäsleşiginiň jemleýji tapgyry boldy. Ýurdumyzyň zehinli dutarçy bagşy-sazandalaryny joşgunly döredijilige ruhlandyrýan bu aýdym-sazly dabara onuň deslapky tapgyrynda ýeňiş gazananlar buýsanç bilen gatnaşdylar. Bu bäsleşik, adyndan belli bolşy ýaly, halkymyzyň gadymdan gelýän aýdym-saz sungatynyň täze öwüşginler bilen dünýä ýaýylmasy boldy. Milli aýdym-sazlar halkymyzyň ýaşaýşynyň hemrasy bolup gelipdir. Ata-babalarymyz bagtly durmuş baradaky arzuwlaryny halk aýdym-sazlaryna siňdiripdirler. Bäsleşigiň dowamynda ýaňlanan dutarçy bagşy-sazandalaryň şirin owazlary kalplary joşdurdy, bagtly we asuda durmuşymyza buýsanç duýgularyny döretdi. Bilşimiz ýaly, bäsleşik jemi üç tapgyrda geçirilip, zehinli dutarçy bagşy-sazandalaryň ýüzlerçesini özünde jemledi. Bäsleşigiň şertlerine laýyklykda, emin agzalarynyň garamagyna hödürlenen aýdym-sazlar temasynyň köpdürlüligi, mazmun taýdan çuňňurlygy bilen tapawutlanyp, örän taýýarlykly bolmagy talap edýär. Bu talaplardan ugur alan zehinli bagşy-sazandalar oňat taýýarlykly gelipdirler. Elbetde, bäsleşigiň şertleri boýunça has ussatlar saýlanyp, ýeňijiler ýüze çykarylýar. Bu bäsleşikde üstünlikli çykyş edip, ýeňiji bolanlaryň birnäçesi bilen söhbetdeş bolduk. Gazetimiziň şu sanynda bagşy-sazandalaryň ýürek buýsançlaryny okyjylarymyza ýetirmegi makul bildik. Aýperi ARTYKOWA,Görogly etrabyndaky 7-nji orta mekdebiň türkmen dili we edebiýat mugallymy: — Häzirki ajaýyp zamanada durmuşa geçirilýän il-ýurt bähbitli beýik işleriň gözli şaýady bolmak bizi döredijilikli işlemäge ruhlandyrýar. Bu beýik işler hormatly Prezidentimiziň halk baradaky aladalaryndan gözbaş alýar. «Çalsana, bagşy!» atly bäsleşiginiň döwlet derejesindäki jemleýji tapgyry diýseň uly şowhuna eýe bolup, iň gowy gadymy halk aýdymlarynyň ýaňlanmagy bilen jemlendi. Bäsleşige gatnaşanlaryň hemmesi diýseň örän taýýarlykly gelipdirler. Men hem bu bäsleşigiň deslapky tapgyrynda ýeňiji bolup, jemleýji tapgyra uly buýsanç bilen gatnaşdym. Höwesjeň bagşy-sazandalaryň arasynda geçirilen «Çalsana, bagşy!» atly bäsleşik ýaş zehinleri ýüze çykarmakda giň mümkinçilik bolup, ajaýyp däbe öwrüldi. Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllygynyň dabaralanýan «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda geçirilen nobatdaky bäsleşige gatnaşmak hem-de öz ýürek owazymy köpçülige hödürlemek bagtynyň maňa-da miýesser edenine diýseň begendim. Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň Altyn asyry» atly bäsleşiginiň çäklerinde dutarçy bagşy-sazandalaryň arasynda geçirilýän «Çalsana, bagşy!» atly bäsleşige gatnaşyp, «Hüýrlukga-Hemra» dessanyndan «Gardaşym» diýen halk aýdymyny ýerine ýetirdim we hormatly Prezidentimiziň Şa serpaýyna mynasyp boldum. Halk aýdym-saz sungatynyň taryhynda yz galdyran halypalarymyz Nazar baganyň, Magtymguly Garlynyň, Akjagül Myradowanyň aýdym-saz sungatyny dowam edýändigimize diýseň begenýärin. Bu uly bagt mugallym kalbymy joşdurýar. Çünki ýagşy umyt-arzuwlar bilen çeken zähmetim uly üstünliklere ýetirdi. Şol üstünlikler bolsa ajaýyp zamanada döredilip berlen mümkinçilikleriň miwesi bolup, bizi täze üstünliklere ruhlandyrýar. Şunuň ýaly şatlykly pursatlarda Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza tüýs ýürekden buýsanjymyzy beýan edýäris. Goý, Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, beýik işleri üstünliklere beslensin! Oguljennet HOJAKOWA,Aşgabat şäheriniň medeniýet müdirliginiň 3-nji çagalar sungat mekdebiniň bagşy mugallymy: — Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwri halkymyzyň eşretli durmuşda ýaşaýan ajaýyp zamanasy bolup, döredijilikli işlemegiň biz — ýaşlaryň hem paýyna düşendigi üçin men özümi bagtly hasaplaýaryn. Bu gün ýaşlygymdan halk aýdym-sazlaryny öwrenenime we ony halk köpçüliginiň öňünde joşgunly ýerine ýetirendigime buýsanýaryn. Aýdym-saz älemi meni özüne bendiwan edýär. Ösüp gelýän nesillerimize halk aýdym-sazlaryny öwretmek kalbymda buýsanç döredýär we döredijilikli işlemäge ruhlandyrýar. Bilşimiz ýaly, bu ýyl mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllygy bellenilýär. Bu ýyldaky her bir gazanylan üstünligimiz bu toýa sowgadymyzdyr. Bu döwletli toýy üstünlik bilen garşylamak meni diýseň bagtly edýär. Bu bagtyýar döwürde halk aýdym-sazyny ýaş nesillere öwredip, mugallym hökmünde halk aýdym-saz sungatynyň dowamly ösüşlerine goşandymy goşýanlygyma buýsanýaryn. Ösüp gelýän nesillerimizde bu gadymy halk aýdym-saz sungatyny öwrenmäge höweslileriniň köpdügine-de guwanýaryn. Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň Altyn asyry» atly bäsleşiginiň çäklerinde dutarçy bagşy-sazandalaryň arasynda geçirilen «Çalsana, bagşy!» atly bäsleşiginiň jemleýji tapgyryna gatnaşyp, «Janlarym» diýen halk aýdymyny ýerine ýetirdim. Bäsleşikde Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň Şa serpaýyna mynasyp boldum. Bu ajaýyp pursat ömrümiň iň buýsançly, manyly günleriniň birine öwrüldi. Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza tüýs ýürekden buýsanjymyzy beýan edýäris. Bu buýsançly pursatlar has-da döredijilikli, yhlasly işlemäge ruhlandyrýar. Altyn SARYÝEWA, «Mugallymlar gazeti».
Daşky gurşawy goramakda täze mümkinçilikler
Häzirki döwürde daşky gurşawy goramak, tebigy baýlyklary rejeli peýdalanmak, howanyň üýtgemeginiň ýaramaz täsirleriniň öňüni almak bilen bagly möhüm meselelere dünýä jemgyýetçiligi tarapyndan aýratyn üns berilýär. Bu ugurda ýaş nesliň ekologik medeniýetini ösdürmek, ýurtlaryň arasynda tejribe alyşmak, ylmy hyzmatdaşlygy ösdürmek we ýaş alymlaryň hem-de hünärmenleriň täze ekologik başlangyçlaryny goldamak uly ähmiýete eýedir. Döwletimiz bu ugurlarda nusgalyk işleri amala aşyryp, anyk taslamalary we başlangyçlary durmuşa geçirýär, möhüm teklipler bilen çykyş edýär. Şeýle işlerde ýaşlaryň hem mynasyp paýy bardyr. Ýurdumyz goňşy döwletler we sebitiň ýurtlary bilen köpugurly gatnaşyklary, şol sanda ekologiýa we daşky gurşawy goramak babatda hyzmatdaşlygy işjeň ösdürýär. Türkmenistan hoşniýetli goňşuçylygyň belent nusgasyny görkezýän Özbegistan bilen daşky gurşawy goramak we ekologiýa abadançylygyny üpjün etmek ugurlarynda möhüm taslamalary amala aşyrýar. Sebitde suw serişdelerini rejeli peýdalanmak, çölleşmäniň öňüni almak, bio dürlüligi goramak, howanyň üýtgemeginiň täsirlerini azaltmak ýaly meseleler iki ýurduň hünärmenleriniň bilelikdäki tagallalaryny talap edýär. Şeýle möhüm meseleleriň çözgüdinde halkara ylmy-amaly çäreleriň ähmiýeti örän uludyr. Şu nukdaýnazardan, ýaňy-ýakynda Özbegistan Respublikasynyň Şahrisabs şäherinde geçirilen «Ýaşlar — geljegi gurujylar» atly V halkara ekologiýa gurultaýy hem aýratyn ähmiýetli wakalaryň biri boldy. Bu halkara gurultaý dürli ýurtlardan alymlaryň, mugallymlaryň, ýaş gözlegçileriň we ekologik ugurda işleýän hünärmenleriň pikir alyşmaklary üçin giň mümkinçilik döretdi. Gurultaýyň dowamynda daşky gurşawy goramak, tebigy serişdeleri rejeli peýdalanmak, ekologiýa ylmynyň häzirki zaman ugurlary, innowasion tehnologiýalaryň ekologiýa meseleleriniň çözgüdinde ulanylyşy ýaly birnäçe möhüm meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. Şeýle hem ýaşlaryň ekologiýa düşünjeliligini ýokarlandyrmak, olary ylmy işlere höweslendirmek we halkara hyzmatdaşlygyň täze ugurlaryny döretmek boýunça pikirler öňe sürüldi. Bu halkara çärä Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň agzalary bilen bilelikde, Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň wekilleri hem gatnaşdy. Ýaş hünärmen hökmünde halkara foruma gatnaşmak uly jogapkärçilik hem-de buýsançdyr. Ýeri gelende bellesek, ýokary okuw mekdebimizde häzirki zaman inženerçilik we tehnologiýa ugurlary bilen bir hatarda, daşky gurşawy goramak, ekologiýa taýdan arassa tehnologiýalary ösdürmek we ýaş hünärmenleri innowasion pikirlenmäge taýýarlamak boýunça hem möhüm işler alnyp barylýar. Gurultaýyň çäklerinde geçirilen «Iň gowy halkara ekologiýa taslama» bäsleşigi aýratyn gyzyklanma döretdi. Şeýle abraýly halkara bäsleşige Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň mugallymy hökmünde gatnaşyp, baş baýraga mynasyp bolmagym meniň üçin buýsançly waka boldy. Bu üstünlik diňe bir şahsy zähmetiň netijesi bolman, eýsem, Watanymyzda Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallalary esasynda ylma, bilime, innowasiýa we daşky gurşawy goramaga berilýän uly ünsüň aýdyň beýanydyr. Baş baýraga mynasyp bolan ekologiýa taslamasynyň halkara derejesinde ýokary baha almagy türkmen hünärmenleriniň ylmy mümkinçilikleriniň giňdigini we olaryň häzirki döwrüň möhüm ekologiýa meselelerine täzeçe çemeleşýändigini görkezýär. Türkmen ýaşlary üçin tebigata söýgi we ekologiýa abadançylygy ähli döwürlerde iň möhüm wezipeleriň hatarynda durýar. Bu barada Gahryman Arkadagymyz «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» atly kitabynda şeýle belleýär: «Häzirki zamanyň ekologiýa ylmyny baýlaşdyrýan çeşmeler halk paýhasynda hem ykrar edilendir. Ösümlik we haýwanat dünýäsi baradaky hekaýatlardyr rowaýatlar durmuşyň inçelik bilen akyl ýetirilen göwherleridir. Şonuň üçin milli terbiýeçilik ulgamymyzda tebigaty söýmegiň, ýere, suwa aýawly çemeleşmegiň ähmiýeti uludyr». Ekologiýa babatda hyzmatdaşlyk diňe bir iki döwletiň däl, eýsem, tutuş Merkezi Aziýa sebitiniň ekologiýa abadançylygyny üpjün etmekde möhüm ähmiýete eýedir. Tebigaty goramak umumy jogapkärçilikdir. Ylmy hyzmatdaşlyk, özara tejribe alyşmak we täze tehnologiýalary netijeli ulanmak şol jogapkärçiligiň esasynda durýar. Şeýle halkara derejeli bäsleşikde ekologiýa ugurdaky ylmy taslamalarymyzy halkara giňişliginde tanyşdyrmaga döredilen giň mümkinçilikler üçin Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza tüýs ýürekden buýsanjymyzy beýan edýäris. Oguldurdy BAÝRAMOWA, Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň öwreniji mugallymy.
Üstünligiň gözbaşy
Häzirki ajaýyp döwrümizde ýaş nesliň hemmetaraplaýyn sazlaşykly ösüşinde, aň-bilim mümkinçiliginiň ýokarlanmagynda, ýokary ahlak we estetiki duýgularynyň kemala gelmeginde, jemgyýetimiziň ruhy durmuşynyň baýlaşmagynda bilim ulgamynda döredilýän şertleriň ähmiýeti örän ýokarydyr. Hut şu belent maksatlardan ugur alnyp, häzirki wagtda milli bilim ulgamyny ösdürmek, kämilleşdirmek babatda ägirt uly işler durmuşa geçirilýär. Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallalary netijesinde ýurdumyzyň ylym-bilim we medeni ulgamlarda giň gerimli özgertmeler amala aşyryldy. Watanyň, halkyň sazlaşykly ösüşini ähli babatda ileri tutýan hormatly Prezidentimiziň bu ulgamlardaky durmuşa ornaşdyrýan özgertmeleri, beýik işleri uly rowaçlyklara we üstünliklere beslenýär. Ylmyň we bilimiň, ýokary tehnologiýalaryň ösen häzirki döwründe ýurduň mundan beýläkki ösüşini, bäsdeşlige ukyplylygyny üpjün etmek wezipesi hem köp babatda ykdysadyýetiň innowasion görnüşiniň kemala getirilmegi bilen berk baglanyşyklydyr. Innowasiýalara daýanýan ykdysadyýet bolsa, ilki bilen, ylym-bilim ulgamynyň kämilleşdirilmegini talap edýär. Hut şonuň üçin hem Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallalary bilen ýurdumyzda bilim ulgamyny özgertmek, ösdürmek meselesi döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň birine öwrüldi. Munuň özi ýurdumyzyň bilim ulgamynda gazanylan üstünlikleriň, ýetilen belent sepgitleriň möhüm derejelerini şertlendirýär. Döwrebap bilim almak we döredijilik mümkinçilikleriniň şeýle tiz ösüş derejesi bu ulgama ylmy-tehniki täzelikleriň ornaşdyrylmagy bilen has-da rowaçlanýar. Türkmenistanda bilim ulgamyny ösen döwrüň talaplaryna laýyk kämilleşdirmek ugrunda giň gerimli özgertmeler maksatnamasy toplumlaýyn durmuşa geçirilýär. Bu babatda «Türkmenistanda umumybilim maksatnamalary boýunça okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmegiň 2028-nji ýyla çenli Konsepsiýasynyň» üstünlikli durmuşa geçirilýändigini bellemek gerek. Bu Konsepsiýa laýyklykda, jemgyýetiň ösüşiniň häzirki zaman şertleri ýurdumyzyň bilim ulgamynyň ähli derejelerinde sanly tehnologiýalardan netijeli peýdalanyp, dünýäniň öňdebaryjy tejribelerinden ugur alyp, okatmakda, pedagogik işgärleri taýýarlamakda we olaryň hünär derejelerini ýokarlandyrmakda giň gerimli ulgamlaýyn özgertmeler amala aşyrylýar. Muňa mysal edip, iň täze, döwrebap kompýuter tehnologiýalary, multimedia ulgamlary bilen doly üpjün edilen orta, ýörite orta we ýokary okuw mekdepleriniň, ylmy-barlag merkezleriniň giň ulgamynyň döredilendigini bellemek gerek. Durmuşa geçirilýän innowasion özgertmeleriň barşynda bilim ulgamynda giň mümkinçilikler döredilýär. Bu bolsa sanly bilimi ösdürmäge, ýaşlara döwrebap bilimleri öwretmäge ýardam edýär. Häzirki ajaýyp döwrümizde Watanyň şöhratly ösüşleri, halkyň ykbaly ugrunda ýokary jogapkärçilik duýgusyna eýe bolýan watansöýüji, giň dünýägaraýyşly, ýokary bilimli, ylymly ýaşlarymyzyň müňlerçesi ýetişýär. Jemgyýetimizde ylmyň we bilimiň gymmaty has-da ýokarlanýar, bilim almaga, ylymly bolmaga höwesek ýaşlarymyzyň sany has-da artýar. Bu bolsa Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary bilen Türkmenistanda ylym-bilim binýadynyň berkden tutulýandygynyň, onuň kämil derejede ösdürilýändiginiň aýdyň subutnamasydyr. Ýurdumyzda ylym-bilim ulgamynyň dünýäniň öňdebaryjy tejribeleri bilen sazlaşykly ösdürilmegi öňde goýlan döwlet maksatnamalarynda bellenen wezipeleriň üstünlikli ýerine ýetirilmegini şertlendirýär. Bu bolsa beýik ösüşleriň röwşen geljegini üpjün edýär. Sülgün ISAÝEWA, Hojambaz etrabyndaky 3-nji orta mekdebiň müdiri.
Ykjam taýýarlyk görüldi
Umumybilim berýän orta mekdepleri, çagalar baglaryny täze, 2026-2027-nji okuw ýylyna göreldeli taýýarlamak işleri şu günler ýurdumyzyň ähli bilim ojaklarynda üstünlikli durmuşa geçirilýär. Bu ugurda Daşoguz welaýatynyň Gubadag etrabynda hem birnäçe işler durmuşa geçirildi. Bu işler etrabyň 2-nji orta mekdebinde hem ýokary hilli we guramaçylykly alnyp baryldy. Mekdebiň jemi 40 sany synp otagy bolup, olarda abatlaýyş-bejeriş işleri doly tamamlandy. Mekdepde zähmet çekýän mugallymlaryň 123-si hem synp otaglarynyň abatlaýyş işlerine işjeň gatnaşdylar. Olardan B.Bekdurdyýewa, A.Güjükbaýew, J.Daşgynowa, Ý.Usaçýowa dagy görelde görkezdiler. Täze okuw ýylyna synp otaglarynyň abzallaşdyrylyşy, diwarlyklar, okuw-görkezme esbaplar bilen baýlaşdyrylyşy hem ýokary hilli ýerine ýetirildi. Mekdebimizde döwrebap tehnologiýalardan peýdalanmak işi hem oňat ýola goýlan. Mekdebiň sport meýdançasynda okuwçylaryň sagdyn kemala gelmegi, bedenterbiýe we sport bilen meşgullanmagy üçin ähli zerur şertler döredildi. Mekdebiň kitaphanasynda hem täze okuw ýyly üçin okuw kitaplarynyň sanawy geçirildi we olar okuwçylara paýlamaga taýýarlanyp goýuldy. Mekdep howlusynda düýpli arassaçylyk işleri geçirildi. Täze okuw ýylynda 1-nji synpa okuwçylaryň 150-si kabul ediler, olaryň hasabaty we resminamalary doly taýýar edildi. 1-nji synp okuwçylarynyň synp otaglarynda döwrebap bilim almaklary üçin zerur bolan ähli şertler döredildi. Şu günler bolsa mekdebimizde bilim işgärleriniň 2026-2027-nji okuw ýylynyň awgust maslahatlaryna, usuly-amaly okuwlaryna taýýarlyk görülýär. Hormatly Prezidentimiziň bilim syýasatyny durmuşa geçirmekde mekdepde okuw işleri döwrüň talabyna laýyk guralýar. Geçen okuw ýylynda mekdebimiziň okuwçylarynyň 4-si «Altyn asyryň altyn zehinleri» atly ders bäsleşiginiň döwlet tapgyrynyň ýeňijileri boldular. Astronomiýa dersi boýunça halkara derejesinde geçirilen bäsleşikde mekdebimiziň okuwçysy Gapur Arazjanow ýeňiji boldy. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň bilim ulgamynda amala aşyrýan özgertmelerini durmuşa geçirmekde hem-de uly üstünlikleri gazanmakda täze, 2026-2027-nji okuw ýylynda hem mekdebimiziň agzybir we zähmetsöýer mugallymlary bilen döredijilikli zähmet çekeris. Abdylla KAKAÝEW, Gubadag etrabyndaky 2-nji orta mekdebiň müdiri.
Mekdep bazarlarynda ýokary hilli harytlar
Türkmenistanyň mukaddes Garaşsyzlygynyň şanly 35 ýyllygynyň dabaralanýan «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda her bir günümiz beýik başlangyçlara, toý-dabaralara beslenýär. Häzirki wagtda 2026-2027-nji täze okuw ýylyna taýýarlyk işleri örän ýokary derejelere eýe bolýar. Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallalary bilen ýaş nesillerimiz hakyndaky aladalar döwlet derejesinde esasy ugurlaryň biridir. Şu nukdaýnazardan, çagalar hakyndaky aladany görmek we duýmak ene-atalary bagtly edýär. Ýurdumyzyň ähli ýerlerinde bolşy ýaly, biziň etrabymyzda hem täze okuw ýylyna ykjam taýýarlyk görülýär. Esasan hem, her okuw ýylynyň öňüsyrasynda guralýan mekdep bazarlary Magtymguly etrabymyzda ýerleşýän bazarlarda we söwda merkezlerinde ýokary derejede hyzmat edýär. Bu ýerdäki okuw esbaplary, okuw lybaslary, şonuň ýaly-da, okuwçy gyzlar we oglanlar üçin taýýarlanan tahýalar köpdürlüligi, owadanlygy, görnüşleriniň köplügi bilen ünsüňi çekýär. Bellemeli zatlaryň biri-de, etrabymyzda ýerleşýän tikin we aýakgap kärhanasynda öndürilen ekologiýa taýdan arassa lybaslar özüniň döwrebap biçüwi, ýokary hili bilen halka hödürlenilýär. Mekdep bazary hemişe köp adamly bolup, bu ýyl ilkinji gezek mekdepleriň bosagalaryndan ätlejek körpeleriň ene-atalarynyň hem gerekli okuw esbaplary alýan bagtly pursatlarynyň şaýady bolýarsyň. Mekdep bazaryna niýetlenen giň meýdançada türkmeniň milliligini şöhlelendirýän egin-eşikler, mekdep torbalary we dürli mekdep esbaplary bahalarynyň elýeterliligi bilen tapawutlanýar. Söwda merkezine ene-atalary bilen gelen çagalaryň ýüzlerinde şatlyk duýgusyny görmek bolýar. Bu ýerdäki satyjylar bolsa alyjylar bilen mylakatly bolup, ýokary hilli hyzmat edýärler we gerekli okuw esbaplaryň ählisini bir ýerden almaga ýardam berýärler. Biz bilim işgärleri şeýle ajaýyp pursatlary görenimizde, buýsanjymyz goşalanýar. Ýurdumyzyň ähli künjeklerinde bolşy ýaly, täze okuw ýylyna ykjam taýýarlykly gelmekleri üçin söwda merkezlerinde, mekdeplerde ähli mümkinçilikleriň döredilmegi mekdep okuwçylarynyň şatlygyny artdyryp, täze okuw ýylyna uly höwes bilen gelmegine ýardam berýär. Jennet AKYNYÝAZOWA, Magtymguly etrabynyň Döwletmämmet Azady adyndaky 2-nji orta mekdebiniň okuw-terbiýeçilik işleri boýunça orunbasary.
Milli ýörelgelere eýerip
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe mähriban Watanymyzyň her bir güni şan-şöhrata beslenýär. Peder ýoluny mynasyp dowam etdirýän hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň: «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe biziň ýolumyz bagtyýarlygyň, berkararlygyň ýoludyr. Geçmişimizi, şu günümizi we geljegimizi berk baglanyşdyryp, biz mundan beýläk-de bu ýol bilen ynamly öňe gideris. Agzybirlikde, Gahryman Arkadagymyzyň başyny başlan döwletlilik ýoluny ynamly dowam etdireris» diýip belleýşi ýaly, uly ösüşleri amala aşyryp, dünýä ýüzünde belent derejä, mertebä eýe bolan ýurdumyzda bagtyýar halkymyz, Watan bähbitli bitirilýän tutumly işleriň hözirini görýär. «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzda amala aşyrylýan özgertmeler giň gerimi hem-de täzeçilligi bilen tapawutlanýar. Bu özgertmeler döwlet hem jemgyýetçilik durmuşynyň ähli ugurlaryny öz içine alýar. Abadançylygyň, gülläp ösüşiň hatyrasyna döwlet adama, adam bolsa döwlete gulluk edýär. Bu «Döwlet adam üçindir!», «Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!» diýen ynsanperwer ýörelgeleriň jemgyýetçilik durmuşymyzyň özeni bolup durýandygynyň güwäsidir. 2026-njy ýylyň 15-nji iýulynda türkmen halkynyň Milli Lideri Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň nobatdaky mejlisini geçirip, Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk baýramyna we onuň öňýanynda geçiriljek Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisine ýokary derejede taýýarlyk görmek meselesi barada durup geçdi. Gahryman Arkadagymyzyň: «Biziň halkymyzyň örän möhüm meseleleri tejribeli adamlar, at-abraýly ildeşlerimiz bilen geňeşip, aç-açanlykda maslahatlaşyp çözmek ýaly gowy däbi bar» diýip belleýşi ýaly, islendik uly meselede üýşüp, il-güne sala salmak, ýedi ölçäp, bir kesmek, il sylagly ýaşululary ýygnap, olaryň paýhasly wesýetlerine eýerip, il-ýurt bähbitli meseleleri ara alyp maslahatlaşmak, pikir alyşmak, netijä gelmek biziň ata-babalarymyzdan miras galan milli ýörelgämizdir. Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisinde-de döwrüň örän derwaýys meselelerine seredilip, oňyn netijeler çykarylar, çözgütler kabul ediler. Islendik ýurduň ösüşini jemgyýetiň ylym-bilim derejesi kesgitleýär. Türkmenistan Watanymyzda ylym-bilimiň döwlet syýasatynda ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolmagy şu hakykatdan ugur alýar. Güneşli Diýarymyzda Garaşsyzlygyň yzysüre ylym-bilim boýunça düýpli özgertmeler geçirildi. Watansöýüji, edep-ekramly, sowatly ýaşlary kemala getirmek şu günki günde bilim ulgamynyň işgärleri üçin uly hem-de mukaddes borç bolup durýar. Ýeri gelende bellesek, Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallalary netijesinde gül açýan Watanymyz, Garaşsyzlygyň ähmiýeti hakynda taýýarlanan iş meýilnamasy boýunça teleradioýaýlymlarda «tegelek stoluň» başyndaky söhbetdeşlikler, gepleşikler, şeýle hem metbugat sahypalaryndaky çykyşlaryň esasynda wagyz-nesihat işleri yzygiderli geçirilýär. Her bir ýurduň ösmegi üçin, ilkinji nobatda, asudalyk, agzybirlik, parahatçylyk zerur. Biziň ajaýyp Watanymyzda ýurdumyzy mundan beýlägem ösdürmegi nazarlaýan maksatnamalarda bu meselä aýratyn üns berilýär. Asudalyk, agzybirlik, parahatçylyk biziň uly arzuw-niýetlerimiziň hasyl bolmagyny üpjün edýär. Garaşsyzlyk ýyllary içinde Türkmenistan Watanymyz bütinleý özgerdi. Obalardyr şäherçelerimizi, şäherlerimizi özgertmekde, milli ykdysadyýetimiziň ähli pudaklaryny ösdürmekde, senagat taýdan gülläp ösýän ýurda öwürmekde uzak geljegi nazarlaýan giň gerimli maksatnamalaryň toplumlaýyn işlenip düzülmegi ýurdumyzda uly ösüşleriň gazanylmagyna giň ýol açdy. Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllyk toýuny dabaraly toýlajak mähriban halkymyzyň toýlary toýa ulaşsyn! Orazmämmet BEGJANOW, Balkan welaýat Baş bilim müdirliginiň umumy orta bilim bölüminiň baş hünärmeni, Türkmenistanyň ussat mugallymy, Hormatly il ýaşulusy.
Çagalygyň serhetsiz dünýäsi
Belentden ýaňlanýan şatlykly aýdym-sazlar, çaga gülküleri, al-elwan reňkler, robotlardyr jandarlar, lybaslar we azyk harytlary... Bularyň ählisi 19 — 22-nji awgust aralygynda paýtagtymyzdaky Söwda-senagat edarasynyň sergi zalynda ýaýbaňlandyrylýan «Kids EXPO: ähli zat çagalar üçin» atly halkara sergi-ýarmarkasynyň bagtyýar pursatlary. Şu günler Aşgabat bagtyýar çagalygyň paýtagtyna öwrülip, Söwda-senagat edarasynyň sergi zaly her bir körpejä birnäçe günläp özüni alym, küştçi, älemşynas, lukman hökmünde synamaga, döredijiligiň, sungatyň, sportuň dünýäsine aralaşmaga mümkinçilik döredýär. Täze okuw ýylynyň öňüsyrasynda ýaýbaňlandyrylýan sergi-ýarmarkasy körpeler bilen bilelikde bagtyýar çagalygyň şäherçesini synlamaga gelýän ata-eneler üçin hem oňaýly mümkinçilikleri hödürleýär. Bu ýerde guralan mekdep bazarynda çagany birlaý geýindirip, gerekli okuw esbaplary bilen üpjün etmäge mümkinçilik bar. Mekdep bazarynda ýokary hilli lybaslaryň, ýantorbalaryň, aýakgaplaryň, galamdyr depderleriň, öwrediji we ösdüriji neşirleriň bolçulygy gözüňi dokundyrýar. «Bu sergi-ýarmarka çagalar üçin rahat we ekologiýa taýdan arassa önümleriň dürli görnüşlerini satyn almak üçin örän oňaýlydyr. Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrliginiň zolagynda hem okuwçylar üçin mekdep we sport lybaslarynyň, aýakgaplaryň, çagalaryň gündelik egin-eşikleriniň ençeme görnüşi ýerleşdirildi. Olaryň ählisi diňe tebigy süýümlerden taýýarlanylyp, ýurdumyzyň howa şertlerinde çagalaryň sagdyn ösmegi üçin niýetlenendir. Häzirki zaman dizaýny bilen tapawutlanýan önümlerimiz ýokary hiliň we amatly bahanyň ajaýyp sazlaşygydyr» diýip, «Altyn asyr» harytşynaslyk merkeziniň söwda (internet söwda) we marketing bölüminiň başlygy Berdimyrat Tajiýew gürrüň berýär. Çagalar üçin harytlaryň önümçiligi ykdysadyýetiň örän düşewüntli ugry hasaplanýar. Ýurdumyzda ilatyň uly böleginiň ýaşlardan we ýetginjeklerden ybaratdygyny göz öňünde tutsaň, ýerli önüm öndürijileriň bu ugurlarda ýylsaýyn uly öňegidişlikleri gazanýandygy tötänlik däl. Häzirki wagtda türkmen telekeçileri çagalar üçin egin-eşikleri, aýakgaplary, mebelleri, azyk önümleriniň dürli görnüşlerini öndürýärler. Halkara sergi-ýarmarkasynda «Däp», «Ýüpekçi», «Hasar» ýaly haryt nyşanly harytlary öndürýän hususyýetçileriň pawilýonlarynda-da bu hakykat aýdyň ýüze çykýar. Milli önüm öndürijiler bilen birlikde, «Vertera», «Dalin», «Roxy kids», «Wee baby», «Lotta», «Anex», «Fogg», «Sleepy» ýaly daşary ýurt kompaniýalarynyň 30-dan gowragynyň sergi-ýarmarka işjeň gatnaşýandygy ünsüňi çekýär. Olar paýtagtymyzda azyk önümlerini, arassaçylyk serişdelerini, öwrediji we ösdüriji enjamlaryny, oýunjaklaryny, çaga arabalaryny we beýleki harytlary tanyşdyrýar. Medeni, işewürlik we tehnologik dialog çagalar üçin niýetlenen harytlaryň pudagynda ýerli işewürlere-de tejribelerini baýlaşdyryp, täze gözýetimlere ymtylmaga mümkinçilik berýär. «Kids EXPO: ähli zat çagalar üçin» atly halkara sergi-ýarmarkasynyň iň gyzgalaňly böleginiň ylym-bilim we tehnologiýalar bilen bagly «STEM» zolagy bolmagy diýseň begendirýär. Bu ýerde okap-ýazmagy ýaňy öwrenen çagalar özleriniň ilkinji robotlaryny ýasamagy, çylşyrymly bolmadyk oýunlary düzmegi, programmirlemäniň ilkinji ädimlerini we himiki tejribeleri geçirmegi öwrenýärler. Älem giňişliginiň täsinlikleri we Gün ulgamynyň planetalary barada maglumat berýän ykjam planetariý bolsa körpelerde ýatdan çykmajak täsirleri galdyrýar. Hut halkara sergi-ýarmarkasynyň işine badalga berlen günde çagalar üçin niýetlenen «Nowça TV» platformasynyň açylmagy özboluşly many-mazmuna eýedir. Bu barada Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň Mahabat müdirliginiň wekili Ýusup Bekiýew şeýle gürrüň berýär: «MenzilMekan Animation» studiýasy tarapyndan işlenilip taýýarlanylan platformada 12 ýaşdan kiçi çagalar üçin howpsuz, ýaş aýratynlyklaryna laýyk gelýän we milli gymmatlyklarymyza esaslanýan animasiýa hem-de bilim beriji mazmunly multfilmlerdir gepleşikler görkezilýär. «Menekliler», «Daniel gaplaňjyk», «Maşajyk we aýy», «Janly ussahana», «Tikenjik bilen Mymyjak» ýaly multfilmleri özünde jemleýän platforma körpeler hem-de olaryň ata-eneleri üçin örän peýdalydyr». Halkara sergi-ýarmarkasynyň çäklerinde ilkinji gezek geçirilýän «Kids Expo Chess Cup 2026» atly küşt ýaryşy birnäçe ýurtdan okuwçylaryň 100-e golaýyna aň-paýhas oýnunda güýç synanyşmaga mümkinçilik berdi. Bu ýaryşa gatnaşýan ýaş zehinler täzeden galkynyp, dünýäde meşhurlygy barha artýan küştde güýçli garşydaşlar bilen bäsleşip, tejribelerini artdyrmaga döredilen mümkinçilikden diýseň hoşal bolýarlar. Şunuň bilen birlikde, sergi zalynda ýaýbaňlandyrylan sport zolagynda ýaşlara basketbol, futbol, gimnastika, taekwondo ýaly görnüşler boýunça başarnyklaryny synap görmäge mümkinçilik döredilýär. Özüni reňkler we şekiller arkaly kämilleşdirmäge ymtylýan duýgur körpeler üçin sergi-ýarmarkanyň sungat zolagy gujak açýar. Bu ýerde çagalar nakgaşçylyk, küýzegärçilik, polimer palçykdan heýkelleri we kagyzdan origamileri ýasamak boýunça ussatlyk sapaklaryna işjeň gatnaşýarlar. Sungat zolagynda döreýän eserlerde körpeleriň dünýä röwşen we oňyn garaýyşlaryny görmek bolýar. «Kids EXPO: ähli zat çagalar üçin» atly halkara sergi-ýarmarkasynda ýurdumyzyň hem-de daşary ýurtlaryň kitap dükanlarynyň we bilim merkezleriniň, halkara guramalaryň pawilýonlary hem uly gyzyklanma döredýär. Bu ýerde körpelere niýetlenen kitapdyr neşirler bilen birlikde, ata-eneler üçin çaga terbiýesi boýunça döwrebap işewürlik we bilim maksatnamalary, okuw usulyýetleri tanyşdyryldy. Gazagystan Respublikasynyň çagalar we ýetginjekler üçin «Дети на миллион» atly meşhur okuw merkeziniň wekili Selbi Nurmyradowa nesil terbiýesinde häzirki zaman çemeleşmeler bilen bagly garaýyşlaryny paýlaşýar: «Dünýäniň örän ýokary tizlikde özgerýän döwründe çagalara diňe bir akademiki bilimleri bermek ýeterlik däl. Biziň okuw merkezimiz çagalarda we ýetginjeklerde häzirki zaman durmuşynda hem-de zähmet bazarynda derwaýys hasaplanýan çeýe başarnyklary öwredýär. Olara emosional intellekt, ýagny duýgudaşlyk we duýgurlyk, maliýe sowatlylygy, öňbaşçylyk, toparlaýyn işlemegi başarmak we çuňňur pikirlenmek degişli. 10 ýaşdan 18 ýaşa çenli çagalar we ýetginjekler üçin niýetlenen okuw maksatnamalarymyz olary özbaşdak durmuşa taýýarlamaga kömek edýär. Biz çagalara we ýetginjeklere ýalňyşlyklardan çekinmezligi, öňlerinde belent maksatlary goýmagy we olara ynamly gitmegiň ýollaryny öwredýäris. «Kids EXPO: ähli zat çagalar üçin» atly halkara sergi-ýarmarkasynda ylym-bilim, tehnologiýalar, sungat, döredijilik ýaly ugurlaryň agdyklyk edýändigi bizi diýseň begendirýär». «Kids EXPO: ähli zat çagalar üçin» atly halkara sergi-ýarmarkasy abadan we bagtyýar geljegi üpjün etmek üçin, ilkinji nobatda, hut ýaş nesillere maýa goýmagyň zerurdygyny ýene bir ýola görkezýär. Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyzda Gahryman Arkadagymyzyň öňdengörüjilikli başlangyçlary, hormatly Prezidentimiziň ýadawsyz tagallalary esasynda çagalaryň, ýetginjekleriň kämil şahsyýetler bolup kemala gelmegi, ýaşlaryň ukyp-başarnyklaryny doly durmuşa geçirmegi üçin döredilýän şert-mümkinçilikler hem hut şu hakykatdan gözbaş alýar. Ahmet GELDIÝEW, «Watan». Surata düşüren Maksat GYLYJOW.
Döwletliligimiziň binýady
Türkmen halkynyň köp asyrlyk durmuş tejribesinde geňeşmek we bilelikde çözgüt kabul etmek esasy ýörelgeleriň biri hökmünde kemala gelipdir. Islendik möhüm mesele çözülende, tejribeli hem-de paýhasly adamlaryň pikirine ýüz tutulmagy jemgyýetde adalatly we oýlanyşykly çözgütleriň kabul edilmegine ýardam beripdir. Şeýle ýörelge diňe bir maşgala ýa-da oba derejesinde däl, eýsem, tutuş halkyň ykbalyna degişli meselelerde hem möhüm ähmiýete eýe bolupdyr. Halkymyzyň döwlet dolandyryş medeniýetinde halk bilen ysnyşykly gatnaşyk saklamak esasy ýörelgeleriň biri hasaplanypdyr. Gadymy döwürlerde hökümdarlar il arasynda uly abraýa eýe bolan ýaşululary, serkerdeleri we tejribeli adamlary bir ýere jemläp, olaryň pikirlerini diňläpdirler. Şeýle maslahatlaryň netijesinde kabul edilen çözgütler halkyň bähbidini goramaga, asudalygy üpjün etmäge we döwletiň durnukly ösüşini gazanmaga gönükdirilipdir. Bu ýagdaý türkmen jemgyýetinde jogapkärçiligiň we özara ynamyň pugtalandyrylmagyna hem oňyn täsir edipdir. Nusgawy edebiýatymyzda hem geňeşmek, paýhasly söz diňlemek we ýaşuly nesle hormat goýmak ýaly gymmatlyklara giň orun berilýär. Magtymguly Pyragy halkyň jebisliginiň, agzybirliginiň ýurduň geljegi üçin esasy şertdigini öz eserlerinde çeper beýan edipdir. Şahyryň öwüt-ündewleri adamlary birek-birege hormat goýmaga, bilelikde maslahatlaşyp iş alyp barmaga hem-de jemgyýetiň abadançylygyny ileri tutmaga çagyrýar. Türkmenistanyň Garaşsyzlyk ýyllarynda amala aşyrylýan döwlet syýasatynyň esasy ugurlarynyň biri döwletlilik ýörelgelerini pugtalandyrmakdan, halk häkimiýetiniň ýörelgelerini ösdürmekden hem-de jemgyýetiň durmuş-ykdysady ösüşini üpjün etmekden ybaratdyr. Bu babatda Türkmenistanyň Halk Maslahaty döwlet bilen halkyň arasyndaky özara gatnaşyklaryň pugtalandyrylmagyna, möhüm döwlet ähmiýetli meseleleriň ara alnyp maslahatlaşylmagyna hem-de kabul edilýän çözgütleriň durmuşa geçirilmegine ýardam berýän ýokary wekilçilikli edaralaryň biri hökmünde çykyş edýär. Şonuň üçin Halk Maslahatynyň mejlisine ýokary derejede taýýarlyk görmek döwlet dolandyryşynyň netijeliligini üpjün etmegiň möhüm şertleriniň biri hasaplanýar. Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň mejlisindäki çykyşy häzirki döwrüň möhüm syýasy wezipelerini kesgitlemek bilen birlikde, Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisine taýýarlyk görmek işleriniň guramaçylyk, hukuk, durmuş-ykdysady we jemgyýetçilik taraplaryny giňişleýin açyp görkezýär. Gahryman Arkadagymyzyň çykyşynda Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygyny ýokary derejede dabaralandyrmak, döwlet maksatnamalarynyň üstünlikli durmuşa geçirilmegini üpjün etmek, halkyň ýaşaýyş-durmuş derejesini ýokarlandyrmak, jemgyýetçilik guramalarynyň işjeňligini artdyrmak hem-de ýurdumyzyň halkara abraýyny pugtalandyrmak bilen baglanyşykly möhüm meseleler beýan edilýär. Türkmenistanyň Konstitusiýasyna we «Türkmenistanyň Halk Maslahaty hakynda» Türkmenistanyň Konstitusion kanunyna laýyklykda, Halk Maslahaty halk häkimiýetiniň ýokary wekilçilikli edarasy bolup, döwletiň ösüşiniň strategik ugurlaryny kesgitlemekde möhüm orun eýeleýär. Halk Maslahatynyň alyp barýan işi milli bähbitleriň goralmagyna, halkyň agzybirliginiň pugtalandyrylmagyna hem-de döwlet dolandyryşynyň netijeliliginiň ýokarlandyrylmagyna gönükdirilendir. Milli Liderimiziň çykyşynda Halk Maslahatynyň esasy maksadynyň halkyň agzybirligini, jebisligini we abadançylygyny berkitmekden, Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň kuwwatyny artdyrmakdan ybaratdygy aýratyn nygtalýar. Şeýle hem döwlet maksatnamalarynyň ýerine ýetirilmegine halk köpçüligini giňden çekmek, jemgyýetçilik tekliplerini öwrenmek we degişli çözgütleri taýýarlamak Halk Maslahatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri hökmünde kesgitlenilýär. Şol bir wagtyň özünde, Halk Maslahatynyň mejlisine taýýarlyk görmek döwründe giň gerimli wagyz-nesihat işleriniň geçirilmegi aýratyn ähmiýete eýedir. Professor-mugallymlar, syýasy partiýalaryň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň hem-de jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri tarapyndan Halk Maslahatynyň taryhy, syýasy we jemgyýetçilik ähmiýetini halka düşündirmek boýunça duşuşyklaryň, maslahatlaryň we çykyşlaryň geçirilmegi jemgyýetiň syýasy işjeňligini ýokarlandyrmaga hyzmat edýär. Halk Maslahatynyň mejlisine taýýarlyk görmek işinde «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasy» esasy ýol-ýörelge bolup çykyş edýär. Bu maksatnamada ykdysady ösüşiň durnuklylygyny üpjün etmek, täze önümçilikleri döretmek, maýa goýumlaryny artdyrmak, ilatyň ýaşaýyş-durmuş derejesini ýokarlandyrmak hem-de täze iş orunlaryny döretmek ýaly möhüm wezipeler kesgitlenendir. Şeýle maksatnamalaryň durmuşa geçirilmegi Halk Maslahatynyň işiniň netijeliligini ýokarlandyrmaga we döwlet ösüşiniň strategik ugurlaryny amala aşyrmaga giň mümkinçilik döredýär. Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň şan-şöhratyny dünýä ýaýmak, halkymyzyň bagtyýar, asuda we abadan durmuşyny üpjün etmek, döwletliligimiziň mizemez binýadyny has-da pugtalandyrmak, ykdysady kuwwatymyzy belent sepgitlere çykarmakda üstünlikleri arzuw edýäris. Ýaş nesilleri watansöýüjilik, belent ahlaklylyk we ynsanperwerlik ruhunda terbiýeläp, kämil şahsyýetler hökmünde kemala getirmek ugrunda alyp barýan döwletli başlangyçlary, parasatly syýasaty we taryhy özgertmeleri üçin biz mugallymlar bolup, tüýs ýürekden çykýan hoşallygymyzy hem-de egsilmez alkyşlarymyzy beýan edýäris. Goý, Gahryman Arkadagymyzyň döwletlilik mekdebi we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda amala aşyrylýan ähli beýik başlangyçlar hemişe rowaçlyklara beslensin! Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyzyň şan-şöhraty dünýä dolsun! Halkymyzyň bagtyýar durmuşy dowamat bolsun! Arslan ANNAÝEW, Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň mugallymy.
Ahlak gözelliginiň daýanjy
«Arkadagyň ruhy metjidi» milli ýörelgelerimiziň mynasyp dowamydyr Şamu-säherler iniňi ýakymly owaz bilen jümşüldedýän azanyň sesi hemişe dadyňa ýetýär. Gümmezi asman gümmezi bilen birleşen metjitlerden ýaňlanýan azan sesi ynsany öz-özi bilen ikiçäk galmaga hem-de ynsaby bilen ýüzleşmäge mejbur edýär. Ynsaplylyk, wyždanlylyk bolsa adamda iň kämil ahlak, gözellik duýgularyny oýarýar. Ynanjy arassa bolanyň kalby edil behişt ýalydyr. Gahryman Arkadagymyzyň «Ömrümiň manysy» atly kitabynda bellenilişi ýaly, tämiz dini garaýyşlar ynsan gatnaşyklaryny tertipleşdirýär, adamlary agzybirlige, dost-doganlyga çagyrýar, her bir kişiniň başgalar bilen deňdigini, diňe bilim-düşünjesi, akyl-parasaty, ahlak gözelligi, päkligi, adamkärçilik sypatlary, zähmeti bilen biriniň beýlekiden üstün bolup bilýändigini aýdýar. Nusgawy türkmen edebiýatyny kämil eserleri, yslam filosofiýasy bilen baýlaşdyran Döwletmämmet Azadynyň «Wagzy-Azat» eseriniň girişi älemi desterhan kimin ýazyp, üstüne dürli-dürli nygmatlar ýaýan, Ýer ýüzüni bagy-bossan eýläp, bilbilleri zary-girýan saýradan, rehneti bilen ýapraklary al-ýaşyl, gunçany gül, güli miwe eden Allatagala hamdu-senalar bilen başlanýar. Şeýle hem eserde ynsan nesliniň köňlüni ýagşy işlerden pürepürläp, tekepbirlikden, men-menlikden, göriplikden, ýamanlykdan, özgäni ynjytmakdan, biwepalykdan yrak durup, Haka ýakyn bolmagy täsirli beýtleriň üsti bilen wagyz-nesihat edilýär. Adamzat üçin Biribara ýakynlyk bolsa onuň öýünden — metjitden gözbaş alýar. Türkmen halkynyň taryhyna ser salanyňda, metjitler jemgyýetiň ruhy durmuşynda elmydama aýratyn orun eýeläpdir. Halkymyz metjide diňe ybadat edilýän dergäh hökmünde garaman, onuň mazmunyny adamlaryň bitewi düşünjelerde birleşýän, birek-birege ýagşy dileg edýän, nesihat alýan, ahlak gymmatlyklaryny sarpalaýan mukaddes mekan hökmünde baýlaşdyrypdyrlar. Onuň iň ajaýyp beýanyny bolsa Pygamberimiz «Kimde kim metjide gitmek niýeti bilen ýola çyksa bir ädimi üçin bir sogap ýazylar, beýleki ädimi üçin bolsa bir günäsi geçiler» ýa-da şunuň bilen ugurdaşlykda «Namaz üçin metjide gideniňde äden her bir ädimiň sadakadyr» diýen jümlelerde jemleýär. Halkymyzda içit, geçit hem-de metjit gurmak aýratyn sogaply işleriň hatarynda görülýär hem-de şeýle asylly işi durmuşa geçiren adama örän uly hormat bilen garalýar. «Sahyh Muslim» atly kitapda getirilýän hadyslaryň birinde hem Allanyň razylygy üçin metjit guran kişä behiştde öý guruljakdygy aýdylýar. Mundan başga-da, yslam äleminiň mukaddes kitaby bolan Gurhanda metjitleri abat saklamagyň iman, namaz, zekat we Allatagalany ýürekden söýmek ýaly ahlak esaslary bilen baglanyşygy bellenýär. Bu düşünjeler türkmeniň milli aňynda özboluşly orun eýeleýär. Ata-babalarymyz üçin metjit gurmak geljek nesillere ruhy miras galdyrmagyň iň beýik nusgasy hökmünde görlüpdir. Sebäbi her bir binanyň ähmiýeti onuň bilen bagly ýagşy işleriň, alnan bilimiň, aýdylan ýakymly sözleriň, edilen doga-dilegleriň dowamaty bilen ölçenilýär. Şu nukdaýnazardan, häzirki zaman şäher gurluşygynyň täzeçil nusgalarynyň biri hökmünde binýat bolýan «akylly» şäherde onuň ruhy keşbini şöhlelendirýän «Arkadagyň ruhy metjidiniň» peýda bolmagy diýseň buýsandyryjy hem taryhy taýdan örän uly gymmaty bolan wakadyr. 30 müň adama niýetlenilýän metjit halkyň ruhy dünýäsiniň, ahlak düşünjeleriniň, ýagşy niýetleriniň we nesilden-nesle geçýän milli däpleriniň nyşany hökmünde-de özboluşly ähmiýete eýedir. Bilşimiz ýaly, «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda geçirilen din wekilleriniň maslahatynda Arkadag şäherinde gurulýan täze metjide «Arkadagyň ruhy metjidi» diýen ady dakmak baradaky teklip öňe sürlüp, biragyzdan goldanylypdy. Ýakynda bolsa Gahryman Arkadagymyzyň täze şähere amala aşyran iş saparynyň dowamynda «Arkadagyň ruhy metjidi» diýip atlandyrmak baradaky çözgüdiň ýurdumyzyň Adalat ministrligi tarapyndan hasaba alnyp, degişli güwänamanyň gowşurylandygy hakyndaky hoş habaryň ýetirilmegi halkymyzyň ruhy islegleriniň, Milli Liderimize çäksiz hoşallygynyň, ýagşy niýetleriniň mynasyp beýanyna öwrüldi. Ýeri gelende bellesek, täze metjidiň ýanynda medresäniň gurulmagy bu asylly işleriň mazmunyny täze derejä çykarýar. Şunuň bilen baglylykda, Arkadag şäherinde geçirilen iş maslahatynda «Arkadagyň ruhy metjidiniň» ýanynda gurulýan medresä ýokary okuw mekdebiniň derejesini bermek baradaky teklip öňe sürüldi. Milli Liderimiz teklibi goldap, dünýäniň dürli ýurtlarynda şeýle ýokary okuw mekdepleriniň hereket edýändigini belledi hem-de medresäniň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmakda we okuw derslerini özleşdirmekde dünýä tejribesinden peýdalanmagyň zerurdygyny aýtdy. Okuw dersleriniň ugurlaryny kesgitlemek, maksatnamalary taýýarlamak meselelerine hem toplumlaýyn çemeleşmegiň möhümdigi nygtaldy. Şu toplumlaýyn çemeleşmedäki bitewülige aýratyn üns berlende ondaky many-mazmunyň çuňňurlygyna has aýdyň göz ýetirýärsiň. Metjit ruhyýetiň mekany bolsa, onuň ýanyndaky ýokary okuw derejesindäki medrese şol ruhyýetiň ylym arkaly dowamydyr. Başgaça aýdylanda, olaryň biri kalby, beýlekisi bolsa aňy baýlaşdyrýar. Munuň özi häzirki zaman jemgyýetinde ýaşlar üçin her bir maglumatdan dogry netije çykarmak, ýagşy bilen ýamany saýgarmak, öz halkynyň gymmatlyklaryny söýmek, sarpalamak, başga halklara we medeniýetlere düşünmek, hormat goýmak ýaly häsiýetleri terbiýelemekde hem juda wajypdyr. Şonuň üçin medresäniň ýokary okuw mekdebiniň derejesine çykarylmagy onuň mazmunynyň dini bilim bermekden ötri, ahlak, medeniýet we jemgyýetçilik jogapkärçiligi ýaly gymmatlyklar bilen baýlaşyp, has täsirli bilim giňişliginiň döreýändigini alamatlandyrýar. Türkmençilikde «metjit» düşünjesiniň «sahawat», «agzybirlik», «ýagşy dileg», «halallyk» ýaly düşünjeler bilen ýanaşyk gelmegi ýöne ýerden däldir. Bu düşünjeleriň ählisiniň özeninde — ynsanperwerlik bar. Bir adam metjide girip, ýüreginde ýagşy niýet bilen çyksa, şol metjit öz wezipesini ýerine ýetirýär. Başga bir adam ol ýerde ata-babalarynyň ruhy gymmatlyklaryna düşünip, adamlara hormat goýmagy öwrenýän bolsa, ol ýerde ruhy terbiýäniň tohumy gögerýär. Şeýdibem ruhyýet, ylym, terbiýe we ynsanperwerlik bir bitewi ulgamyň iň möhüm halkasyny emele getirýärler. Döwletimiziň berkararlygynyň, halkymyzyň bagtyýarlygynyň, günlerimiziň asuda-abadanlygynyň düýp manysy, megerem, şunda bolsa gerek. Maksatmyrat ÇARYÝEW, Arkadag şäherindäki iňlis dili dersine ýöriteleşdirilen 3-nji orta mekdebiň mugallymy.
Kids EXPO: ähli zat çagalar üçin!
Türkmenistanda çagalar üçin ýöriteleşdirilen sergi-ýarmarka geçirildi Çagalaryň gülküsi — asman asudalygynyň, Zemin abatlygynyň we bagtyýar durmuşyň nyşany. Arkadagly Gahryman Serdarymyz: «Geljegimiz bolan ýaş nesillerimiz barada hemmetaraplaýyn alada döwlet syýasatymyzda ileri tutulýan wezipeleriň hataryndadyr» diýip nygtaýar. Munuň şeýledigini ýylyň ýylyna geçirilmegi asylly däbe öwrülen «Kids EXPO: ähli zat çagalar üçin» atly halkara köpugurly sergi-ýarmarkasy aýdyňlygy bilen subut edýär. 19-njy awgustda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda badalga berlen halkara sergi-ýarmarkasy şu gün öz işini tamamlaýar. Çagalar we ýetginjekler üçin harytlary öndürýän, bilim-terbiýeçilik ulgamynda hyzmatlary hödürleýän ýurdumyzyň we dünýäniň öňdebaryjy kompaniýalarynyň ýüzlerçesiniň, şeýle hem birnäçe daşary ýurtlaryň we halkara guramalaryň Türkmenistandaky wekilhanalarynyň gatnaşmagynda guralan bu çäre ýatdan çykmajak täsirli pursatlara baý boldy. Çagalary dürli hünärlere ugrukdyrmaga ýöriteleşdirilen bölümler we interaktiw oýun zolaklary çäräniň mazmunyny has-da baýlaşdyrdy. Zehinli çagalaryň küşt boýunça bäsleşikde görkezen ajaýyp netijeleri ýaş nesliň intellektual mümkinçilikleriniň örän ýokarydygyny ýene-de bir gezek subut etdi. Halkara sergi-ýarmarkanyň dowamynda robot boýunça taslamalaryň, çaga lybaslarynyň görkezilişiniň guralmagy, el işi önümleriniň ýarmarkasy, çagalar döredijiliginiň dürli ugurlary boýunça gurnaklar hem-de ussatlyk sapaklary, ýaşajyk zehinleriň şüweleňi, sport çykyşlary ýaly gyzykly çäreler çagalarda toý şatlygyny emele getirdi. «ÇAGALARYŇ GÜLKÜSI IŇ AJAÝYP SENADYR» «Arkadag Medisina Klasteri Menejment» kärhanasynyň diwarlygy serginiň köpadamly bölümleriniň biri boldy. Ýaşajyk raýatlaryň saglygyny berkitmek, olary ýokumly hem-de ekologik taýdan arassa çaga iýmitleri bilen üpjün etmek, şeýle hem lukmançylyk serişdelerini ýerli bazarda öndürmek boýunça amala aşyrylan işler bu ýere gelen myhmanlarda uly buýsanç duýgusyny döretdi. — Biz her ýyl geçirilmegi däbe öwrülen bu halkara sergä öz önümlerimiz bilen gatnaşýarys. «Arkadag Medisina Klasteri Menejment» kärhanasy çagalar üçin peýdaly iýmitleri we gündelik sarp edilýän lukmançylyk serişdelerini öndürýär. Olaryň biri 6 aýdan soňky döwür üçin niýetlenen goşmaça iýmitler hökmünde çagalara berilýän şüleler bolup durýar. Şeýle hem çagalar üçin hlopiýa görnüşinde gury ertirliklerimiz, ene süýdi ýetmezçilik eden ýagdaýynda çagalara niýetlenen goşmaça süýt önümlerimiz bar. Bularyň ählisi çagalaryň ösüşine goldaw berýän witaminleri we mikroelementleri düzüminde saklaýan iýmitlerdir — diýip, kärhananyň maslahatçy çaga lukmany Ogulsuraý Ýazdurdyýewa serginiň açylyş dabarasynda täsirli gürrüňlerini biziň bilen paýlaşdy. BILIM — BAGTYŇ AÇARY Halkara gözden geçirilişde Bilim ministrliginiň we bilim edaralarynyň diwarlyklarynda ýaş nesilleriň bilim almagy, sagdyn ösmegi, döredijilik başarnyklaryny kämilleşdirmekleri üçin döredilýän giň gerimli mümkinçilikler öz beýanyny tapypdyr. Sergä gatnaşan «Kämil bilim», «Belent bilim», «Kiber One», «Sanly sowat», «Kitap», «CreaKid» ýaly okuw merkezleri bolsa ýurdumyzyň bilim ulgamyndaky üstünliklerini aýdyň görkezýär. — Biziň «Belent bilim» okuw merkezimiz döredilen gününden bäri «Bilim bilen belentliklere tarap» diýen şygary baýdak edinip, öňdebaryjy işjeň usullary ulanyp, ýaşlara çuňňur bilim bermäge çalyşýarys. Mugallymlaryň çekýän zähmeti diňleýjileriň bilim derejesiniň ýokarlanmagynda, dünýägaraýyşlarynyň giňelmeginde, olaryň bäsleşiklerde gazanýan üstünliklerinde has-da aýdyň görünýär. Biziň okuw merkezimizde rus, iňlis, nemes dilleri, başlangyç we ýokary matematika, himiýa, biologiýa, kompýuter sowatlylygy we programmirleme ugurlary boýunça bilim almaklyk hödürlenýär — diýip, bu okuw merkeziniň direktory Güljemile Näzliýewa gürrüň berdi. ÇAGALAR «NOWÇA TV» BILEN TANYŞDYLAR Halkara sergi-ýarmarka çagalar üçin köp sanly güýmenjelere baýlygy bilen tapawutlandy. Ertekileriň, multfilmleriň gahrymanlarynyň hem-de täsin tilsimleri görkezýän artistleriň şowhunly çykyşlary körpeleriň şatlykly gülkülerine beslendi. Ýurdumyzyň animator-multiplikatorlary tarapyndan döredilen ilkinji 3D ölçegli multserialyň görkezilişi hem-de Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň Mahabat müdirliginiň çagalar üçin ýöriteleşdirilen güýmenje mazmunly «Nowça TV» sanly platformasynyň tanyşdyrylyş dabarasy kiçi ýaşly körpelerden başlap, olaryň ata-enelerinde hem ýakymly täsir galdyrdy. — Sanly platformada 12 ýaşa çenli çagalar üçin niýetlenen elektron kitaplara, türkmen we daşary ýurt multfilmlerine, bilim beriji we öwrediji gepleşiklerine hem-de beýleki wideoşekilli eserlere möhüm orun berilýär. Bu platformada ata-eneler çaganyň ýaşyna baglylykda degişli mazmuny aňsatlyk bilen saýlap we olaryň ekranyň öňünde geçirýän wagtyna gözegçilik edip bilýärler — diýip, Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinomatografiýa baradaky döwlet komitetiniň Mahabat müdirliginiň hünärmeni Orazgeldi Ahunow beýan etdi. ZEHINLI ÇAGALARYŇ BÄSLEŞIGI Serginiň çäklerinde mekdep okuwçylarynyň arasynda geçirilen küşt ýaryşy sportuň bu görnüşi boýunça zehinli ýaşajyk wekilleri ýüze çykarmaga mümkinçilik döretdi. Bu ýaryşa dünýäniň 10-a golaý ýurdundan ýaşajyk küştçüleriň gatnaşmagy onuň giň gerime eýe bolandygyny görkezýär. Şeýle hem sergide çagalar Halkara mekdep küşt federasiýasynyň tälimçileriniň we ussat grossmeýsterleriň küşt boýunça tälim beriji sapaklaryna ýokary işjeňlikde uly gyzyklanma bilen gatnaşdylar. Ýaş zehinli küştçülerimiz 7 sany altyn medal gazanyp, umumy toparlaýyn hasapda birinji orna mynasyp boldular. — Sergide ilkinji gezek küşt boýunça 8, 10 we 12 ýaşly çagalaryň gatnaşmagynda rapid we blis görnüşli halkara ýaryşlara giň orun berildi. Iki günläp dowam eden ýaryşlara Türkmenistandan 81, Azerbaýjandan, Gyrgyz Respublikasyndan, Özbegistandan, Täjigistandan, Eýrandan we Türkiýeden jemi 15 sany oýunçy gatnaşdy. Bu bolsa çagalaryň sporta bolan höwesini artdyrmakda we dostlukly gatnaşyklary berkitmekde nobatdaky uly ädim boldy — diýip, Türkmenistanyň Küşt federasiýasynyň hünärmeni Oguljennet Annamämmedowa gürrüň berdi. Aýşirin DÖWLETOWA, «Nesil».
Çagalar — dünýäniň şatlygy
Çaryhekim ÇARYÝEW,Aşgabat şäherindäki 55-nji orta mekdebiň 4-nji synp okuwçysy: — 3 ýyldan gowrak wagt bäri paýtagtymyzdaky küşt mekdebinde tälim alýaryn. Okuwdan boş wagtlarym sportuň akyl-paýhas görnüşleri bilen meşgullanmak iň gowy görýän güýmenjäm. Maňa öz deň-duşlarymyň arasynda geçirilen birnäçe ýaryşlarda ýeňiji bolmak başartdy. Geljekde hem ökde küştçi bolup, ýurdumyzyň adyndan halkara derejeli bäsleşiklerde çykyş edip, ýaşyl tugumyzy belende götermek esasy arzuwym. Alua BEÝBIT,Gazagyztan Respublikasyndan: — Aşgabatda guralan küşt ýaryşy örän gyzgalaňly we çekeleşikli ýagdaýda geçdi. Ýaryşyň her bir tapgyry dartgynlylygy bilen tapawutlandy. Oýunlar bize ýokary taýýarlygyň gerekdigini görkezdi. Bu ýaryş ýalňyşlarymyzdan netije çykarmaga we öwrenenlerimizi berkitmäge uly mümkinçilik boldy. Şeýle halkara derejeli ýaryşa gatnaşmaga döredilen mümkinçilik üçin köp sagbolsun aýdýaryn. Ähli gatnaşyjylara we täze dostlaryma geljekde hem uly üstünlikleri arzuw edýärin. Hangeldi MYRADOW,Türkmenabat şäherindäki 31-nji orta mekdebiň 2-nji synp okuwçysy: — Her ýyl Aşgabatda geçirilýän «Kids EXPO» sergisine gatnaşmak meniň arzuwymdy. Bu gün sergide küşt ýaryşy hem guralypdyr. Bu bolsa meniň arzuwlarymyň hasyl bolmagyna getirdi. Men Türkmenabat şäherindäki 13-nji sport mekdebinde küşt oýnamagy öwrenýärin. Bagtyýar çagalyk döwrümiziň sapaly geçmegi üçin uly aladalary edýän Gahryman Arkadagymyza hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyza köp sagbolsun aýdýaryn. Mehriban AHMEDLI,Azerbaýjan Respublikasyndan: — Sport — dünýäde parahatçylygyň we dostlugyň dabaralanmasy. Ak şäher Aşgabatda geçirilen küşt ýaryşlarynda biz gaýtalanmajak ruhy lezzet aldyk. Ýaryşa gatnaşan zehinli küştçüler bilen bäsleşmek maňa uly tejribe boldy. Bäsleşikde garşydaş bolsak-da, bu ýerde hakyky dostlary gazandyk we wagtymyzy örän şadyýan geçirdik. Munuň üçin türkmen halkynyň Milli Liderine hem-de hormatly Prezidentine minnetdarlyk bildirýäris. Timur YRYSOW,Gyrgyz Respublikasyndan: — Men Aşgabada ilkinji gezek gelýärin. Türkmen halkyny juda haladym. Olar bize «dogan» diýip ýüzlenýärler. Bu ýerde ýatdan çykmajak ýakymly pursatlary, esasanam, dostlary gazandym. Çagalar üçin guralan «Kids EXPO» sergi-ýarmarkasy bu ýere gelenleriň ählisi üçin uly baýramçylyk we dostluk meýdançasyna öwrüldi. Öz ýurduma baranymda bu ýerdäki ýakymly ýatlamalarymy dostlaryma-da gürrüň bererin. Men bärde ýadygärlik kän surata-da düşdüm. Dilber HUPBYÝEWA,Daşoguz şäherindäki 7-nji orta mekdebiň 7-nji synp okuwçysy: — Paýtagtymyz Aşgabatdaky ajaýyp çagalar baýramçylygyny görmek, tomus paslynyň iň hezil pursady boldy. Küşt ýaryşy bize dünýäniň dürli künjeklerinden gelen zehinli çagalar bilen dostlaşmaga mümkinçilik berdi. Ýurdumyzda çagalar üçin döredilýän şertler bizi uly ýeňişlere ruhlandyrýar. Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň biz — çagalar üçin edýän atalyk aladalaryna sport üstünliklerimiz bilen mynasyp jogap bermek biziň iň uly maksadymyzdyr. «Nesil».
Территория открытий и творчества
Международная выставка-ярмарка «Kids Expo: всё для детей» стала ключевым событием года в сфере детской индустрии, наглядно продемонстрировав приверженность Туркменистана приоритетам государственной социальной политики, направленной на всестороннее развитие и благополучие подрастающего поколения. Особой динамикой и насыщенностью отличалась программа третьего дня работы экспозиции. В этот день выставочный центр превратился в эпицентр инновационных технологий, интерактивных мастер-классов и интеллектуальных состязаний, наглядно продемонстрировавших высокий уровень интеграции передовых методик в процессы воспитания и обучения – неотъемлемую часть стратегии развития человеческого капитала страны. Разнообразие представленных экспонатов позволило охватить сразу несколько векторов современного развития. Наряду с широким спектром детских товаров и социальными проектами, направленными на укрепление института семьи, ключевым акцентом дня стал именно образовательный сектор. Настоящим триумфом интеллекта на этой площадке явился масштабный турнир по ментальной арифметике. В его рамках состоялось соревнование по дисциплине «Флэш-анзан» и презентация инновационных методов скоростного счёта. Вектор интеллектуального развития гармонично продолжился в научно-технических и IT-зонах, где кипела работа над технологиями будущего. На площадке ХО «Mümkinçilik dünýäsi» юные гости погрузились в мир высоких технологий: в секторе «CreaKid» состоялась презентация международной программы «NASA Space Apps Challenge», а на мастер-классе по робототехнике ребята создавали манипулятор «рука космонавта» на базе платформы «Arduino». Параллельно проходили турнир по бою роботов от школы «KiberOne», занятия по механической сборке, а в рамках проекта «Город профессий: 5 шагов к будущему» старшеклассники получали ценные профориентационные консультации. Инженерную мысль и точные науки на выставке естественным образом дополняло прикладное арт-искусство. Под руководством мастеров ребята осваивали швейное дело, выкраивая и сшивая стильные футляры и текстильных кукол. На художественных площадках проходили мастер-классы по лепке из глины, гончарному делу, рисованию на мольбертах, росписи фарфоровых бокалов, холстов, экологичных сумок. Приятным дополнением к творческому досугу для самых маленьких гостей стал сеанс популярных туркменских мультфильмов. Смотр не только предоставил родителям и специалистам возможность ознакомиться с лучшими практиками, но и стал эффективным инструментом для расширения делового партнёрства во имя гармоничного будущего юных граждан страны. Непес НУРЫЕВ,специалист отдела маркетинга предприятия «Tudana»: – От лица компании выражаю искреннюю признательность организаторам международной выставки-ярмарки «Kids Expo: всё для детей» за предоставленную возможность презентовать наши товары широкой аудитории. Наше предприятие с 2017 года специализируется на выращивании брендированной клубники. Мы постоянно развиваемся и расширяем ассортимент, предлагая покупателям самые разные варианты фасовки и упаковки. Форум стал отличной площадкой для поиска новых клиентов и деловых партнёров. Сегодня свежая и качественная ягода от «Tudana» доступна в крупных торговых центрах города, и мы уверены, что участие в подобных мероприятиях поможет нам и впредь укреплять позиции бренда на отечественном рынке. Станислав АБДАЛОВ,представитель компании «Master Distribution», официальный дистрибьютор продукции «Kalleh» в Туркменистане: – Выставка «Kids Expo: всё для детей» стала для нас важным событием и ярко продемонстрировала высокий уровень организации профильных форумов в нашей стране. Пользуясь возможностью, выражаю признательность уважаемому Президенту Сердару Бердымухамедову за всемерную поддержку предпринимательства и создание прекрасных условий для проведения международных смотров. За последние два года компания «Master Distribution» проделала большую работу, заняв уверенные позиции на рынке Туркменистана. Мы гордимся тем, что обеспечиваем отечественные торговые сети высококачественными товарами от известных иранских производителей – брендов «Willie», «Sabah», и конечно же, флагмана нашего ассортимента – молочной продукции холдинга «Kalleh». Непосредственный диалог с посетителями выставки ещё раз подтвердил, что туркменские семьи выбирают полезные и экологически чистые продукты, и это вдохновляет нас на дальнейшее развитие. Лейли ШЫХМАДОВА,руководитель Общественной организации «Ýaş tebigatçy»: – Формирование экологической культуры с самых ранних лет – это инвестиция в благополучие страны и всей планеты. Выражаю искреннюю благодарность Национальному Лидеру туркменского народа, Председателю Халк Маслахаты Гурбангулы Бердымухамедову и Президенту Сердару Бердымухамедову за проводимую прогрессивную экологическую политику и заботу о гармоничном воспитании подрастающего поколения. На выставке «Kids Expo» площадка «Ýaş tebigatçy» стала настоящим центром притяжения для юных любителей природы. В игровом формате – через «Эко-Дженгу», «Спаси планету», «Экологическую сортировку» и другие тематические викторины – мы учили детей рациональному отношению к ресурсам. Самым ярким моментом стала высадка комнатных растений, где каждый ребёнок смог почувствовать себя настоящим защитником природы. Такие инициативы помогают растить экологически ответственных граждан, любящих свою родную землю, и мы рады вносить свой вклад в это благородное дело. Гозел ДЖАПБАРОВА. Фото Иламана ЧУРИЕВА.
Высокая миссия учителя
Социально-экономическое развитие нашей страны, постоянное совершенствование науки, образования, технологий и инноваций выдвигают высокие требования к качественной подготовке будущих педагогических кадров. Образование выступает «золотым ключом» к устойчивому развитию и интеллектуальному совершенствованию, а молодое поколение – созидателем нашего благополучного будущего. Как отмечает уважаемый Президент Сердар Бердымухамедов: «Мы последовательно укрепляем базу сферы образования в эру Возрождения новой эпохи могущественного государства, создавая широкие возможности для самоотверженного и творческого труда учителей и работников образования – истинных мастеров благородной профессии, а также для раскрытия талантов и способностей молодого поколения, глубокого освоения ими наук, получения знаний и востребованных специальностей». В этой связи одна из ключевых задач педагогического коллектива – с первых лет студенчества формировать у будущих учителей стремление к профессиональному совершенствованию. Профессиональное мастерство педагога тесно связано с его личностными качествами. Овладение методикой преподавания, педагогические способности и строгое следование деонтологической этике произрастают из внутренней культуры учителя. Каждое слово, мимика и жесты педагога оказывают прямое влияние на учащихся, поэтому в учебно-воспитательном процессе критически важен образцовый морально-профессиональный облик преподавателя. С этой точки зрения этнопедагогическая подготовка выступает важнейшим направлением формирования духовной культуры и личностных качеств будущих наставников. Ввод в научный оборот термина «этнопедагогика» во второй половине XX века академиком, доктором педагогических наук Геннадием Волковым (1927–2010 гг.) открыл новую страницу в истории педагогической науки. Этнопедагогика изучает педагогический опыт семей, этнических групп и народов, их традиционную систему ценностей, а также морально-эстетические основы с позиций современной науки. Являясь предметом исследования, этнопедагогика представляет собой, по определению академика, доктора педагогических наук Азиза Измайлова (1913–2004 гг.), совокупность эмпирических знаний, сведений, умений и навыков, накопленных и проверенных временем в ходе исторического и социального опыта народных масс и передающихся из поколения в поколение преимущественно в устной форме. Пройдя сложный исторический путь, народная педагогика предопределила многогранность задач этнопедагогической науки и подтвердила её высокую практическую значимость в современном учебно-воспитательном процессе. Средства туркменской народной педагогики формируются на основе глубоких философско-педагогических взглядов великих мыслителей Востока – Мухаммеда Хорезми, Абу Рейхана Бируни, Абу Насра Фараби, Абу Али ибн Сины, Омара Хайяма, а также туркменских мудрецов Довлетмаммета Азади и Махтумкули Фраги. Сюда же входят богатство фольклора (пословицы, поговорки, загадки, скороговорки), классические памятники письменной литературы («Oguznama», «Gorkut ata»), национальные игры и этнографические источники. Важно подчеркнуть, что в этнопедагогике эти средства проходят глубокий научно-теоретический и методический анализ, поскольку из них отбираются наиболее эффективные элементы, адаптированные для применения в современной педагогической практике в соответствии с целями и задачами обучения и воспитания. Осваивая этнопедагогические знания, будущий специалист изучает сформированные веками педагогические принципы, традиции и методы своего народа через призму научной педагогики, а также овладевает первыми навыками их практического применения. Постепенное совершенствование этих навыков способствует формированию ключевых личностных и профессиональных качеств педагога. Таким образом, этнопедагогическая подготовка выступает одним из надёжнейших подходов к развитию личности студентов высших и средних профессиональных учебных заведений педагогического профиля. Она закладывает прочную теоретическую и практическую базу, открывая широкие возможности для воспитания целостной системы профессионально значимых качеств. Педагог – это мастер, создающий вдохновляющую образовательную среду благодаря своей неповторимой индивидуальности, мастерству и творческому поиску. Критериями его высокой квалификации служат совершенство личности, уровень профессионально-психологической подготовки, преданность делу и умение работать в коллективе. В связи с этим особое значение приобретает деонтологическая система личности будущего учителя, включающая в себя такие качества, как любовь к детям, выдержка, самообладание, чуткость, эмпатия, наблюдательность, инициативность, ответственность, честность, эмоциональный интеллект, оптимизм, позитивное мышление и стремление к постоянному самосовершенствованию. Работа с учащимися – как индивидуальная, так и коллективная – требует от педагога огромных физических и душевных сил. Однако, когда учитель искренне любит детей, дарит им тепло, поддерживает тесный контакт с родителями и получает удовлетворение от выстроенного гармоничного взаимодействия, даже самые сложные педагогические задачи решаются легко. Для этого педагогу необходимо понимать мир ребёнка и направлять его развитие в правильное русло. В этой связи эффективной формой работы со студентами выступает глубокий анализ народных изречений, которых объединяет единая педагогическая мысль: раннее воспитание оставляет неизгладимый след в душе человека, а привитые с малых лет моральные нормы и сдержанность ценятся даже выше родительской любви. Педагог, владеющий эмоциональным самоконтролем, всегда помнит о том, что воспитанники берут с него пример. Именно поэтому важнейшим фактором успешного обучения выступает эмпатия – умение учителя эмоционально сопереживать ученику, вовремя распознавать его тревоги и поддерживать доверительную атмосферу. Знание фольклорных жанров (притч, сказок, преданий) помогает педагогу находить точные смысловые ориентиры, снимать эмоциональное напряжение учащихся и вовлекать их в учебный процесс. Принцип индивидуального подхода требует от учителя развитых коммуникативных и организаторских способностей. Недопустимы проявления вспыльчивости, высокомерия, разрушающие доверие и подменяющие коллективный принцип «мы» эгоистичным «я». Настоящий учитель руководствуется мудростью: «Дерево с плодами к земле клонится», сохраняя выдержку, объективность и осознание высокой миссии своей профессии. В эру Возрождения новой эпохи могущественного государства совершенствование национальной системы образования опирается на гармоничный синтез исконных духовно-нравственных традиций и современных научных подходов. Формирование у будущих учителей глубоких этнопедагогических знаний и деонтологической культуры является не просто методическим требованием, но и стратегической задачей. Подготовка компетентных, преданных профессии педагогов, передающих молодёжи лучшие традиции народа, выступает залогом успешного развития национальной системы образования и процветания независимого Туркменистана. Какаджан ЧАРЫЯРОВ, преподаватель педагогики и психологии Педагогической школы имени Хыдыра Деряева, г.Мары. Фотоэтюд.
Шахматный праздник ярмарки
В Торгово-промышленной палате г. Ашхабад продолжает работу международная выставка-ярмарка «Kids Expo: всё для детей». Программа мероприятия радует посетителей чередой ярких и насыщенных событий – от увлекательных мастер-классов до знакомства с народными творческими промыслами. Организаторам удалось создать пространство, где каждый ребёнок смог найти себе развлечение по душе. Настоящим центром притяжения в эти дни стала зона шахматных игр. Здесь прошло международное соревнование по рапиду и блицу, в котором приняли участие юные гроссмейстеры в возрастных категориях 8, 10 и 12 лет («Kids EXPO CHESS CUP»). Важно отметить, что турнир такого уровня проводится на международной выставке-ярмарке в Туркменистане впервые и с огромным размахом. Его организаторами выступили Шахматная федерация страны совместно с шахматными организациями многих государств, среди которых Республика Казахстан, Республика Узбекистан, Кыргызская Республика, Азербайджанская Республика, Республика Таджикистан, Исламская Республика Иран, Турецкая Республика и, конечно, принимающая сторона. Туркменистан на правах хозяина турнира выставил самую многочисленную сборную – 79 юных талантов. Примечательно, что защищать честь страны приехали мальчики и девочки не только из Ашхабада, но и из всех велаятов страны, что подчёркивает высокий интерес к шахматам по всей стране. Атмосфера за шахматными досками была накалена до предела: несмотря на юный возраст, участники продемонстрировали выдержку, мышление и умение просчитывать ходы соперника наперёд. Если каждая партия в рапиде требовала от ребят предельной концентрации, то молниеносный трёхминутный блиц заставлял принимать решения за доли секунды, удерживая в напряжении до самого конца турнира. Поэтому болельщики и родители, затаив дыхание, следили за каждой партией. Что касается зарубежных гостей, для них этот турнир стал не только площадкой для бескомпромиссной игры, но и прекрасной возможностью ознакомиться с гостеприимной культурой туркменского народа. Ведь организаторы создали идеальные условия для проведения соревнований мирового уровня, объединив спорт, цифровые технологии и детское творчество. В противостоянии интеллектов победа досталась тем, кто сумел подчинить эмоции холодному расчёту и, главное, сохранить железную волю до последнего хода. По итогам бескомпромиссной борьбы определились 18 призёров по рапиду и отдельно 18 обладателей наград по блицу. В суммарном зачёте международного турнира триумфатором стала сборная Туркменистана, завоевавшая первое общекомандное место с колоссальным отрывом: на счету её шахматистов 7 золотых, 9 серебряных и 8 бронзовых медалей. Вторую строчку медального зачёта заняла Исламская Республика Иран, в активе которой 4 золота. Замкнула тройку лидеров сборная Республики Казахстан, завоевавшая 1 золото и 3 бронзовые награды. От имени организаторов мероприятия им были вручены почётные грамоты, медали и ценные подарки. Как отметили международные арбитры, проведение столь масштабного шахматного первенства в рамках международной выставки-ярмарки «Kids Expo: всё для детей» даёт мощный импульс развитию интеллектуального спорта в регионе. В завершение турнира своими впечатлениями поделился генеральный секретарь Шахматной федерации Туркменистана Мерген Какабаев: «Итоги международных соревнований по шахматам продемонстрировали блестящие результаты, особенно порадовали наши юные спортсмены. Искренне рад видеть, как за последние годы национальная шахматная школа пережила подлинное возрождение, вырастив новое талантливое поколение гроссмейстеров. Впереди нас ждут новые амбициозные планы. Мы нацелены и впредь регулярно проводить турниры подобного масштаба, совершенствовать систему подготовки и привлекать ведущих специалистов. Мы выражаем безграничную благодарность Национальному Лидеру туркменского народа Герою-Аркадагу и уважаемому Президенту Аркадаглы Герою Сердару за создание беспрецедентных условий и возможностей для нашей молодёжи». Международное соревнование наглядно доказало, что увлечение шахматами стирает границы, объединяет народы и зажигает новые мировые звёзды. Для туркменских же юных шахматистов данный опыт стал важнейшей ступенью на пути к будущим триумфам. Селим РАСУЛОВ, корреспондент журнала «Güneş». Фото Дорткули МУРАДКУЛИЕВА.
Köpöwüşginli döredijiligiň özboluşly baýramçylygy
Paýtagtymyzdaky Söwda-senagat edarasynda çagalaryň şatlykly sesleri, aýdym-sazyň owazy we dürli çäreleriň gyzgalaňy bitewi sazlaşygy emele getirip, günsaýyn täsirli öwüşginlere beslenýär. «Kids EXPO: ähli zat çagalar üçin» atly halkara sergi-ýarmarkanyň üçünji güni hem ýaş nesliň dürli ugurlardaky başarnyklaryny ýüze çykarýan, milli gymmatlyklarymyza söýgini artdyrýan hem-de täze üstünliklere ruhlandyrýan çäreleri bilen tapawutlandy. Serginiň milli oýunlara bagyşlanan bölümi üçünji günüň köp adamly künjekleriniň birine öwrüldi. Aşyk oýnamak, ýaglyga towusmak ýaly oýunlar çagalaryň arasynda uly höwes bilen dowam etdirildi. Oýunlaryň käbirine ilkinji gezek tomaşa edýän çagalar hem olary öwrenmäge höwes bilen gatnaşdylar. Bu ýerde ýurdumyzyň ähli künjeginden çagalaryňdyr olar üçin niýetlenen dürli gurnaklaryň wekilleriniň bolmagy ýurdumyzda çagalaryň hemmetaraplaýyn ukyp-başarnykly kemala gelmegi ugrunda uly tagallalaryň edilýändigini görkezýär. — Biziň guramamyz 2009-njy ýylda döredilip, durmuş we ekologiýa ugurlary boýunça dürli taslamalary amala aşyryp gelýär. Biz durmuş taýdan goraga mätäç, şol sanda maýyplygy bolan raýatlar, ýaşuly nesliň wekilleri, şeýle-de oba ýerlerinde ýaşaýan zenanlar bilen işjeň hyzmatdaşlyk saklaýarys. Şu günki sergide aşyk oýnamak, ýaglyga towusmak ýaly gadymy döwürlerden bäri oýnalyp gelinýän milli oýunlarymyzy hödürleýäris. Olar çagalaryň wagtyny şadyýan geçirmegi bilen birlikde, çalasynlygyny, ünsüni jemlemek ukybyny, pikirlenişini we hereketleriniň sazlaşygyny ösdürmäge hem ýardam edýär. Mary welaýatynda çagalara milli oýunlary öwredýän ýörite gurnak açdyk. Häzirki wagtda oňa 40-a golaý çaga gatnaýar. Geljekde şeýle gurnaklaryň sanyny artdyrmak we olary mekdeplerde hem ýola goýmak isleýäris — diýip, Mary welaýatynda ýerleşýän «Däp-dessur» hojalyk jemgyýetiniň ýolbaşçysy Şirin Jojyýewa gürrüňdeş bolanymyzda aýtdy. Milli oýunlaryň sergide aýratyn orun eýelemegi geçmiş bilen şu günüň arasyndaky baglanyşygyň aýdyň mysalydyr. Çagalar gadymy oýunlary diňe synlamak bilen çäklenmän, olary özleri ýerine ýetirip görýärler. Serginiň üçünji güni diňe bir çagalaryň döredijilik başarnyklaryny we akyl-paýhasyny açyp görkezmek bilen çäklenmän, ene-atalar üçin zerur bolan maslahatlara-da baý boldy. BMG-niň Çagalar gaznasynyň (ÝUNISEF) diwarlygynda geçirilen duşuşyklaryň birinde çagalaryň iýmitlenişi we saglygy bilen baglanyşykly möhüm meseleler orta atyldy. Ene-atalaryň üns bilen diňlän bu maslahatlarynda çaganyň kiçi ýaşlarynda dogry iýmitlenmeginiň onuň ösüşine ýetirýän täsiri barada aýratyn bellenildi. Aşgabat şäherindäki «Gaýragoýulmasyz tiz kömek» merkeziniň çagyryşa gidiş gullugynyň pediatr lukmany Sähragül Durdyýewa çagalaryň iýmitlendirilişi barada aýtmak bilen: — Çaga alty aýlyk bolandan soňky döwür onuň kemala gelmeginde iň bir jogapkärli pursatlaryň biridir. Alty aýlykdan tä 12 aýlyga çenli ene süýdi bilen bir hatarda goşmaça iýmitlere — miwelere, gök önümlere, et, balyk we beýleki önümlere kem-kemden geçilmelidir. Çaga 1 ýaşaýança oňa bal bermek, sygyr süýdüni içirmek, iýmitine duz ýa-da şeker goşmak lukmançylyk taýdan düýbünden maslahat berilmeýär. Bir ýaşyny doldurandan soň, kem-kemden maşgala naharyna öwrenişýär. Ýöne bu ýerde wajyp düzgüni berjaý etmek zerurdyr: maşgala naharyna duz ýa-da burç goşulmazdan öň, hökman çaganyň paýy aýrylyp alynmalydyr. Şeýle-de çagada täze önüme garşy allergik täsirler, mysal üçin, örgün, çişmek ýa-da dem almakda kynçylyk ýaly alamatlar ýüze çyksa, haýal etmän lukmana ýüz tutmalydyr — diýip, ýaş çagaly enelere wajyp maslahatlary berýär. Çaganyň saglygy bilen bagly şeýle maslahat beriş gürrüňdeşliginiň sergi meýdançasynda geçirilmegi ene-atalar üçin aýratyn ähmiýetlidir. Sebäbi çaganyň sagdyn ösmegi diňe bir lukmançylyk gözegçiligi bilen däl-de, eýsem, onuň gündelik durmuşynda berjaý edilýän dogry endikler bilen hem aýrylmaz baglanyşyklydyr. Günüň iň gyzgalaňly wakalarynyň biri-de «Çagalar üçin zehinler zolagynda» geçirildi. Bu ýerde sanlar bilen işlemegiň tizligi we çagalaryň akyl-paýhasy özboluşly bäsleşdi. Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň, Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň, Söwda-senagat edarasynyň «Kids EXPO — 2026» halkara sergi-ýarmarkasynyň, «Kämil bilim» we «Zehin ýoly» okuw merkezleriniň bilelikde guramagynda Anzan mental arifmetikasy boýunça geçirilen Türkmenistanyň çempionaty bu ugurda iň ösen ukyp-başarnykly çagalary ýüze çykardy. Memoriad bütindünýä zehin sportlary federasiýasynyň «Flaş Anzan Marafon» ugry boýunça geçirilen bäsleşige ýurdumyzyň dürli künjeklerinden 6 — 14 ýaş aralygyndaky okuwçylaryň 116-sy gatnaşdy. Bäsleşigiň netijeleri boýunça 24 okuwçy baýrakly orunlara mynasyp boldy. Lebap welaýatynyň Türkmenabat şäherindäki 9-njy orta mekdebiň ýanyndaky internatyň 7-nji synp okuwçysy Emrah Şamuradow 33 980,5 utuk toplap, gatnaşyjylaryň arasynda iň ýokary netijäni görkezdi we bäsleşigiň çempiony boldy. Ybraýym Kerimow bilen Kerim Gahrymanow hem öňdäki üçlüge girdiler. — Şu günki bäsleşigimiz hakyky akyl-paýhas baýramyna öwrüldi. Bäsleşige tutuş ýurdumyzdan zehinli okuwçylaryň gatnaşmagy onuň derejesiniň ýokary bolandygyny görkezýär. Ýaşlaryň şeýle bäsleşiklerde öz mümkinçiliklerini synap görmegi, tejribe toplamagy we özünden güýçli garşydaşlar bilen bäsleşmegi olaryň geljekki ösüşi üçin möhüm ähmiýete eýedir. Bäsleşigiň dowamynda bäş sany täze milli rekordyň hasaba alynmagy-da aýratyn bellärliklidir. Weli Saparow ikili sanlary ýatda saklamak, Mekan Nurgeldiýew ýatdan kwadrat kök almak, Mekan Batyrow ýatdan köpeltmek boýunça täze rekord netijeleri görkezdiler. Rowaç Begenjow bolsa ýatdan goşmak we iň çalt ýatdan goşmak ugurlarynyň ikisinde hem täze milli rekordyň eýesi boldy. Bu netijeler ýaşlaryň diňe bir okuw maksatnamalaryny özleşdirmek bilen çäklenmän, akyl-paýhasyny has çylşyrymly şertlerde hem synap görýändigini görkezýär. Sanlar bilen işlemekde her bir pursat, her bir netije möhüm. Şonuň üçin şeýle bäsleşiklerde gazanylan üstünlikleriň aňyrsynda yzygiderli taýýarlyk, mugallymlaryň zähmeti we ýaşlaryň öz maksadyna bolan ynamy dur. Bäsleşikde goýlan täze milli rekordlar sergi meýdançasynda aýratyn buýsanç bilen garşylandy. Ýaşlaryň gazanan bu netijeleri diňe bir olaryň şahsy üstünligi bolman, eýsem, ýurdumyzda zehinli çagalaryň ukyp-başarnygyny ýüze çykarmaga we ösdürmäge gönükdirilýän işleriň netijesidir — diýip, «Kämil bilim» okuw merkeziniň direktorynyň orunbasary Döwletmyrat Durdymämmedow bäsleşigiň geçişi barada gürrüň berdi. Ýeňijileri sylaglamak dabarasy bäsleşigiň ýakymly jemlemesine öwrüldi. Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasy tarapyndan bäsleşigiň ýeňijilerine we täze milli rekordlaryň eýelerine noutbuklar hem-de beýleki gymmat bahaly sowgatlar gowşuryldy. «Täze aý», «Owadan ülke», «Kämil kargo», «Parahat», «M&G; stationary», «Rowaç», «Bars» hem-de «Derek» ýaly ýurdumyzyň öňdebaryjy kompaniýalary hem ýaş zehinleriň üstünliklerini öz sowgatlary bilen dabaralandyrmaga goşant goşdular. Şeýle sowgatlar ýaşlaryň gazanan üstünligine berilýän ýokary bahanyň nyşany bolmak bilen birlikde, olaryň geljekde-de öz başarnyklaryny kämilleşdirmäge bolan höwesini artdyrýar. Mahlasy, serginiň üçünji gününiň wakalary çaganyň ösüşini dürli ugurlar boýunça açyp görkezdi. Döredijilik meýdançasynda onuň hyýaly we el başarnygy synalýan bolsa, milli oýunlarda çalasynlygy we beden işjeňligi ýüze çykýar. Lukmançylyk maslahatlarynda çaganyň saglygyna üns berilýär. Akyl-paýhas bäsleşiginde bolsa ýatkeşligi, ünsüni jemlemek ukyby we çalt pikirlenişi öz beýanyny tapýar. Şeýle dürli ugurlaryň bir meýdançada jemlenmegi «Kids EXPO» halkara sergi-ýarmarkasynyň mazmunyny has-da baýlaşdyrýar. Bu ýerde çaga diňe bir özüne gyzykly bolan zady saýlaman, öň özüne nätanyş bolan ugurlary hem synap görmäge mümkinçilik alýar. Käwagt şol ilkinji synanyşyk geljekki hünäriň ýa-da höwesiň gözbaşyna öwrülip biler. Şu gün palçykdan ýasalan ilkinji şekil geljekde ussanyň ýa-da dizaýneriň ussatlyk bilen döretjek eserine badalga berip biler. Şu gün milli oýunlara bolan höwes geçmişi öwrenmäge bolan uly gyzyklanmanyň başlangyjyny döredip biler. Şu gün sanlaryň arasynda gazanylan üstünlik bolsa matematika, informatika ýa-da beýleki takyk ylymlara bolan söýginiň ilkinji ädimi bolup biler. Şonuň üçinem, çaganyň her bir gyzyklanmasyny wagtynda görmek, onuň ukybyna görä şert döretmek we höwesini goldamak örän möhümdir. Halkara sergi-ýarmarka hut şeýle mümkinçilikleri bir ýere jemläp, çagalaryň özlerini dürli ugurlarda synap görmegine şert döredýär. Bu bolsa olar üçin döredilýän mümkinçilikleriň diňe bir şu günüň şatlygyna däl, eýsem, geljegiň binýadyna gönükdirilýändiginiň aýdyň beýanydyr. Çünki şu gün goldaw tapýan zehin ertir uly üstünlikleriň eýesi bolýar, şu gün öwrenilýän hünär ertir Watanyň ösüşine hyzmat edýän käre öwrülýär, şu gün ýürekde oýanýan höwes bolsa geljekde uly maksada tarap alyp barýar. Ýaş nesliň şeýle giň mümkinçiliklerden peýdalanmagy, bilimde, döredijilikde, sportda we dürli ugurlarda öz başarnygyny görkezmegi ýurdumyzda çagalaryň bagtyýar durmuşda ýaşamagyna aýratyn üns berilýändiginiň aýdyň güwäsidir. Bu ugurdaky beýik işler Gahryman Arkadagymyzyň başlangyçlarynyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýaş nesliň röwşen geljegine gönükdirilen döwlet syýasatynyň dowamatydyr. Baýramberdi GELDIMYRADOW. «Türkmenistan». Surata düşürenler Dörtguly MYRATGULYÝEW, Annanur REJEBOW.
Hünärmenleriň taýýarlygyny kämilleşdirip
Döwrebap tejribelerden habarly, hünär bilimini oňat özleşdiren saglygy goraýyş işgärlerini taýýarlamak lukman Arkadagymyzyň esasyny goýan we hormatly Prezidentimiziň üstünlikli durmuşa geçirýän «Saglyk» Döwlet maksatnamasynda hem möhüm wezipeleriň hatarynda orun alýar. Bu ugurdaky asylly işlere Indira Gandiniň adyny göterýän Aşgabat lukmançylyk orta okuw mekdebi hem mynasyp goşant goşýar. Saglygy goraýyşda palliatiw kömek, maşgala lukmançylygy we öz-özüne hyzmat etmek ukybyny wagtlaýyn ýa-da hemişelik ýitiren şahslara uzak möhletli ideg etmek ulgamlaryny ösdürmek, şeýle hem keselleriň öňüni almak we ilatyň ömrüniň dowamlylygyny uzaltmak meselelerinde şepagat uýalarynyň orny uludyr. Olar ýönekeý lukmançylyk başarnyklarynyň toplumyna eýe bolsalar-da, ynsan saglygynyň möhüm goragçylarydyr. Lukmançylyk ylmynda näsagyň sagalmagy iki sany deň bahaly ýagdaýda emele gelýär. Olar dogry saýlanan bejeriş ulgamy we ýokary hilli idegdir. Bu işe esasy gatnaşyjy kiçi şepagat uýasydyr. Ol näsag, onuň gigiýenasy, rejeli iýmitlenmegi barada alada edýär hem-de ruhubelentlik goldawyny berýär. «Saglyk» Döwlet maksatnamasyna laýyklykda, kiçi şepagat uýalaryny taýýarlamak çygryndaky wezipeleri ýerine ýetirmek ýurdumyzyň lukmançylyk ugurly orta hünär okuw mekdepleri arkaly amala aşyrylýar. Indira Gandi adyndaky Aşgabat lukmançylyk orta okuw mekdebinde hem 2024-nji ýyldan bäri «Umumy ideg işi» hünär ugrundan «kiçi şepagat uýasy/dogany» käri boýunça ýurdumyzyň raýatlary bir ýyllyk okuwa kabul edilýär. Kiçi şepagat uýasy lukmanyň, şepagat uýasynyň möhüm kömekçisi hasaplanýar. Olaryň jogapkärçilikli we ussatlarça idegi bolmazdan, hatda iň kämil operasiýanyň ýa-da dermanyň hem täsiri peselip biler. Kiçi şepagat uýasy näsag bilen onuň hossarlarynyň, ýakynlarynyň arasyndaky köprä öwrülýär. Ol diňe bir ideg amallaryny ýerine ýetirmek bilen çäklenmän, öý şertlerinde lukmançylyk idegini etmegiň usullaryny maşgala agzalaryna sabyrlylyk bilen öwredýär. Lukmançylyk orta okuw mekdebinde kiçi şepagat uýalary taýýarlanylanda ululara hormat goýmak, birek-birege mähribanlyk, duýgudaşlyk we maşgalany goldamak ýaly türkmen halkynyň milli häsiýetlerine aýratyn ähmiýet berilýär. Milli Liderimiziň döwletli başlangyjy, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallasy esasynda paýtagtymyzda Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň täze guruljak hassahanalar toplumynyň çäginde Indira Gandi adyndaky Aşgabat lukmançylyk orta okuw mekdebiniň binalar toplumynyň hem orun almagy saglygy goraýyş işgärleriniň täze neslini iň öňdebaryjy tejribeler esasynda taýýarlamakda giň mümkinçilikleri döreder. Lukmançylyk ugurly okuw mekdebiniň dünýäniň ösen döwletleriniň enjamlarydyr tehnologiýalary bilen üpjün ediljek täze binalar toplumy kiçi şepagat uýalarynyň hünär ussatlygyny kämilleşdirmekde möhüm merkeze öwrüler. Maral BEKIÝEWA, Indira Gandi adyndaky Aşgabat lukmançylyk orta okuw mekdebiniň önümçilik-tejribe bölüminiň ýolbaşçysy.
Ориентиры нового учебного года
В образовательном пространстве Туркменистана развернулась работа традиционных августовских методических конференций работников сферы образования. Подобные встречи служат ключевой площадкой для профессионального диалога и определяют вектор развития национальной системы образования в преддверии 2026-2027 учебного года. Интенсивный обмен идеями позволил педагогам и методистам рассмотреть практическое применение инновационных программ и сформулировать задачи на предстоящий период. Главными приоритетами названы повышение квалификации воспитателей, раскрытие творческих талантов воспитанников и их качественная подготовка к школе. Особый интерес вызвали новаторские методики преподавания и способы использования цифровых ресурсов на уроках. Внедрение передовых технологий остаётся в числе ключевых направлений, поскольку преподаватели осваивают новые инструменты, позволяющие сделать образовательный процесс более наглядным, интерактивным и доступным. Значительное место в программе заняли вопросы воспитательной работы. Участники встреч согласовали вектор работы с государственными программами развития, наметили эффективные подходы к формированию у подрастающего поколения высоких моральных качеств, патриотизма и гражданской ответственности через профильную литературу и внеклассную деятельность. Одним из ярких примеров такой профессиональной активности стал семинар, прошедший на базе специализированной средней школы №140 города Ашхабад. Мероприятие объединило около 140 учителей начальных классов, которые собрались, чтобы обсудить специфику работы с самыми юными школьниками. С содержательным докладом на секции выступила учитель специализированной школы №21 города Ашхабад Хурмагюль Сапарова. В своём выступлении на тему «Методы повышения навыков чтения и понимания текста у учащихся начальной школы в соответствии с международными стандартами учебных программ и развития грамотности у детей» она затронула фундаментальные вопросы начального образования. Х.Сапарова подчеркнула, что умение не просто бегло читать, но и глубоко понимать смысл прочитанного – это база для всего дальнейшего обучения ребёнка, и представила ряд практических приёмов, адаптированных под современные мировые критерии для развития функциональной грамотности и критического мышления с первых лет учёбы. Вопросы цифровизации и визуализации учебного процесса находились в центре внимания и на базе столичной средней школы №116. С докладом «Применение инфографики для оптимизации процесса обучения русскому языку» на семинаре выступила учитель вышеупомянутой школы №21 Гульнар Бердиниязова. Она продемонстрировала авторские схемы, отметив, что графическое представление грамматического материала упрощает усвоение сложных правил и повышает мотивацию школьников, визуально воспринимающих информацию. Августовские методические встречи в Туркменистане подтверждают: педагогическое сообщество страны стремится к постоянному развитию. Обмен опытом, внедрение эффективных методик и внимание к мировым тенденциям позволяют туркменским школам уверенно двигаться по пути модернизации, обеспечивая детям качественное образование. Подобные мероприятия не только помогают учителям подготовиться к первому звонку, но и вдохновляют на новые творческие идеи, чтобы сделать работу в предстоящем году ещё более продуктивной и интересной. Сегодня масштабные преобразования национальной системы образования, успешно реализуемые под руководством Президента Туркменистана, гармонично сочетают богатый историко-культурный опыт с передовыми мировыми практиками. В рамках государственной политики по модернизации социальной сферы в стране планомерно расширяется сеть современных детских садов и учебных заведений. Новые объекты образования оснащаются мультимедийным оборудованием, интерактивными технологиями и наглядными пособиями, создающими фундаментальную базу для всестороннего развития детей с раннего возраста. Гозел ДЖАПБАРОВА, «НТ».
Giriş synaglary tamamlandy
Hormatly Prezidentimiziň tabşyryklaryna laýyklykda, ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerinde giriş synaglary guramaçylykly we adalatly geçirilip, olara jemgyýetçilik gözegçiligi ýola goýuldy. Ýokary okuw mekdeplerine zehinli, mynasyp ýaşlar kabul edildi. Olar «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda talyp bolup, bilimler dünýäsinde täze basgançaga gadam goýdular. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň 10-njy iýulda gol çeken Buýruklaryna laýyklykda, 2026-njy ýylda Türkmenistanyň ýokary we orta hünär okuw mekdeplerine okuwa kabul etmek boýunça döwlet toparynyň düzümi, 2026-njy ýylda Türkmenistanyň ýokary okuw mekdeplerine welaýatlar, Aşgabat we Arkadag şäherleri boýunça okuwa kabul etmegiň meýilnamasy tassyklanyldy. Kabul ediş synaglaryny geçirmek boýunça ähli guramaçylyk işleri Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary tarapyndan 2026-njy ýylyň 10-njy iýulynda tassyklanan 2026-njy ýylda Türkmenistanyň ýokary we orta hünär okuw mekdeplerine okuwa girmek üçin resminama tabşyran dalaşgärler bilen giriş synaglaryny guramagyň we geçirmegiň Tertibi esasynda alnyp baryldy. S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetinde, Halkara senagatçylar we telekeçiler uniwersitetinde okuw dersleri boýunça giriş synaglary döwlet dilinde test görnüşinde geçirildi. Synaglarda dalaşgärleriň zehininiň, bilim derejesiniň, gözýetiminiň we saýlan hünäri boýunça döredijilik ukybynyň ýüze çykarylyşyna gözegçilik edildi. Talyp bolan zehinli ýaşlaryň arasynda mekdep okuwçylarynyň we orta hünär okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda geçirilýän ders bäsleşikleriniň, sport ýaryşlarynyň ýeňijileri hem-de ýurdumyzyň halk hojalygynyň dürli pudaklarynda zähmet tejribesini toplanlar, döwletimiziň howandarlygyndakylar hem bar. Ýurdumyzda her ýyl okuwa kabul edilýän ýaşlaryň sanynyň artdyrylmagy we olaryň arasynda «Bilim hakynda» Türkmenistanyň Kanunynda kesgitlenen kadalara görä, döwlet hünär bilimi edaralaryna kabul edilende artykmaç hukuklardan peýdalanýanlaryň, Türkmenistanyň umumybilim edaralarynyň altyn, kümüş, bürünç medallar bilen sylaglanan uçurymlarynyň, halkara bäsleşiklere gatnaşan Türkmenistanyň ýygyndy toparynyň agzalarynyň, çempionlaryň we halkara sport ýaryşlarynyň ýeňijileriniň bolmagy hormatly Prezidentimiziň kämil bilim syýasatynyň miweleridir. «Türkmenistanda ýokary hünär bilimini ösdürmegiň 2026 — 2052-nji ýyllar üçin Strategiýasyny» durmuşa geçirmegiň çäklerinde ýurdumyzyň barha ösýän ykdysady kuwwaty, dürli ugurlar boýunça hünärmenleriň zerurlygy nazara alnyp, şu ýyl hünärmen maksatnamasy boýunça 10 hünär, bakalawr maksatnamasy boýunça 4, magistr maksatnamasy boýunça 6 taýýarlygyň ugry açyldy hem-de olara ilkinji talyplardyr magistrantlar okuwa kabul edildi. Täze okuw ýylyndan «Geljegiň hünärleriniň atlasyna» girizilen hünärler boýunça hünärmenleri taýýarlamaga-da girişilýär. Umuman, ýaşlaryň 18 müňden gowragy ýokary okuw mekdeplerine okuwa kabul edildi. Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasynyň giriş synaglary we okuwa kabul edilmek akademiýada 28 — 31-nji iýul aralygynda geçirildi. Türkmenistanyň ýokary we orta hünär okuw mekdeplerine okuwa kabul etmek 2026-njy ýylyň 13-nji iýuly — 24-nji awgusty aralygynda guralýar, ýagny häzirki wagtda orta hünär okuw mekdeplerinde giriş synaglary dowam edýär. Talyplyk bagtyna eýe bolan ýaşlar Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak, tutýan tutumly işleriniň hemişe rowaç bolmagyny arzuw edýärler. (Ýörite habarçymyz).
Çagalygyň reňbe-reň dünýäsinde
Çagalyk — arzuwlaryň ilkinji ganat açýan döwri. Şol arzuwlaryň haýsy ugra «uçjakdygyny» bolsa bilim, terbiýe, döredijilik we ynam kesgitleýär. «Kids EXPO: ähli zat çagalar üçin» atly halkara sergi-ýarmarka şol ganatlaryň berkemegi üçin dürli mümkinçilikleri bir ýere jemleýär. Bu ýerde çagalar özüni tanamaga, ukybyny synap görmäge, täze zatlary öwrenmäge, geljek baradaky arzuwlaryny has aýdyň göz öňüne getirmäge mümkinçilik alýarlar. Ak mermerli paýtagtymyzda öz işini dowam edýän «Kids EXPO» sergi-ýarmarkasynyň ikinji güni hem şowhunly çärelere, ýatdan çykmajak pursatlara baý boldy. Sergi ýaş nesliň zehinini, döredijilik ukybyny, bilim almaga höwesini, geljege bolan ynamyny bir giňişlikde jemleýär. Serginiň ikinji gününiň maksatnamasyna laýyklykda, meýdançada guralan «Çagalar üçin zehinler zolagy», «Hünärler şäherçesi», «STEM — ylym zolagy», planetariý, amaly-haşam we şekillendiriş sungaty gurnaklary ýaşajyk myhmanlaryň aň-düşünjesini artdyrmaga, döredijilik ukyplaryny ösdürmäge hyzmat etdi. Çäreleriň hatarynda ýaş nesliň zehinini synaýan, pikirleniş ukybyny ösdürýän bäsleşikler aýratyn orny eýeledi. Serginiň çäklerinde guralan halkara küşt ýaryşy munuň aýdyň güwäsidir. Küşt tagtasynyň başynda özara bäsleşýän ýaşajyk türgenleriň her bir göçümi olaryň ünsüni jemlemek, çalt pikirlenmek, dogry çözgüt tapmak başarnygyny ýüze çykardy. Ýaryşyň halkara derejede geçirilmegi bolsa ýaş küştçüleriň tejribe toplamagy üçin aýratyn ähmiýete eýe boldy. — Halkara guramalar bilen bilelikde guralan bu bäsleşige 8, 10, 12 ýaşa çenli oglan-gyzlaryň arasynda dünýäniň 8 ýurdundan jemi 94 türgen gatnaşdy. Ýaryşlar küştüň rapid we blitz görnüşleri boýunça geçirildi. Rapid boýunça ýaryşlar öňňin üstünlikli geçirildi. Serginiň ikinji gününde bolsa küştüň has çalt oýnalýan görnüşi bolan blitz boýunça bäsleşikler guraldy. Türkmenistanly türgenleriň bu halkara ýaryşda üstünlikli çykyş etmekleri bizi örän buýsandyrýar. Ýaş zehinli küştçülerimiz mümkin bolan 12 altyn medalyň 7-sini gazanyp, umumy toparlaýyn hasapda birinji orna mynasyp boldular. Küşt tagtasynda gazanylan bu netijeler ýaşajyk küştçülerimiziň halkara derejede öz ussatlygyny ynamly görkezýändiginiň güwäsidir. Her bir medal olaryň yhlasly taýýarlygynyň, maksada okgunlylygynyň, ýaş zehinleriň kämilleşmegi üçin döredilýän giň mümkinçilikleriň miwesidir. Ýeňişleriň şatlygy bolsa sergä gatnaşýan beýleki ýaşlaryň hem sporta we akyl-paýhas oýunlaryna bolan höwesini artdyrýar — diýip, Türkmenistanyň Küşt federasiýasynyň baş kätibi Mergen Kakabaýew gürrüň berýär. Sergide ýaş nesliň aň-düşünjesini diňe bir intellektual oýunlaryň üsti bilen däl, eýsem, kitaplar, döwrebap okuw gollanmalary arkaly ösdürmäge hem uly üns berilýär. Diwarlyklarda görkezilýän täze neşirler çagalaryň uly höwes bilen tanyşýan bölümleriniň birine öwrüldi. Logiki pikirlenmäge we çalt çözgüt tapmaga kömek edýän «Zehin soraglary», körpeleriň aňyny ösdürýän dürli «Ertekiler», ünsi güýçlendirip, akyl-paýhasyny artdyrýan «Hekaýalar» kitapçalary aýratyn islege eýe boldy. «Sözýetim», «Elwan depderim» ýaly neşirler hem çagalaryň bilim dünýäsine täzeçe nazar bilen garamagyna giň ýol açýar. Çaga üçin kitap täze maglumatlaryň çeşmesi bolmak bilen birlikde, onuň hyýalyny ganatlandyrýan, pikirlenişini baýlaşdyrýan, gözýetimini giňeldýän ruhy baýlykdyr. Sergide dürli ýaşdaky çagalaryň gyzyklanmalaryna laýyk neşirleriň jemlenmegi bu ugurdaky işleriň giň geriminden habar berýär. Halkara sergi-ýarmarkada milli medeniýetimizi we gymmatlyklarymyzy özünde jemleýän sanly taslamalaryň tanyşdyrylyş dabaralary hem möhüm orny eýeleýär. Çagalaryň endikleri sanly dünýä bilen aýrylmaz baglanyşykly bolansoň, olara niýetlenen maglumatlaryň howpsuz, peýdaly we milli ruhda bolmagy aýratyn ähmiýete eýedir. Sergide ilkinji gezek tanyşdyrylan «Nowça TV» sanly platformasy hut şu maksada gönükdirilendir. — Şu serginiň çäginde biz ilkinji gezek «Nowça TV» atly täze sanly platformamyzy köpçülige tanyşdyrdyk. Bu platforma 12 ýaşdan kiçi çagalar üçin doly howpsuz bolup, milli gymmatlyklarymyza esaslanýan animasiýa we bilim beriji eserleri özünde jemleýär. Onda türkmen hem-de daşary ýurt multfilmleriniň birnäçesini ýerleşdirdik. Olar çagalaryň ýaş aýratynlyklaryna görä, 3 ýaşa çenli we 3 ýaşdan ýokary çagalara niýetlenen bölümlere bölünýär. Bu ýerde diňe bir multfilmler bolman, eýsem, çagalar üçin ýörite taýýarlanylan gepleşikler, aýdym-sazlar, wideorolikler hem bar. Munuň esasy aýratynlygy ata-eneleriň çaganyň ekrana tomaşa edýän wagtyny hut platformanyň üsti bilen gözegçilikde saklap bilmegidir. Bu bolsa çagalaryň sanly ulgamyň mümkinçiliklerinden çakdanaşa peýdalanmagynyň öňüni almaga ýardam berýär. «Nowça TV» awtorlyk hukuklarynyň doly berjaý edilmeginiň esasynda işleýär. Häzirki wagtda platforma goşulmak örän aňsat. Munuň üçin smartfondan 0530 gysga belgä 11 ýazyp, gysga habarnama ugratmak ýeterlikdir. Şolbada ulgama birikmek üçin salgylanma gelýär. Platformamyz günde täze multfilmler bilen baýlaşdyrylýar, ýakynda bolsa ony «Google Play» we «App Store» ulgamlaryna hem goşmagy meýilleşdirýäris. Şeýle-de biz ýörite görkeziliş meýdançasynda — «Mini cinema» zolagynda «Menekliler» atly täze multfilmiň ilkinji görkezilişini geçirdik. Oňa çagalar uly höwes bilen tomaşa etdiler. Platformada «Daniel gaplaňjyk», «Maşa we Aýy», «Janly ussahana», «Tikenjik bilen Mymyjyk», «Doppi Pomidor» ýaly gyzykly eserler çagalara garaşýar — diýip, Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň Mahabat müdirliginiň hünärmeni Ýazgül Udiýewa täze taslama baradaky pikirini paýlaşdy. Çagalaryň sanly giňişlikde hem milli gymmatlyklarymyz bilen sazlaşykly ösmegi häzirki döwrüň möhüm talaplarynyň biridir. Şu jähetden, «Nowça TV» ýaly başlangyçlaryň ähmiýeti uludyr. Çaganyň ekranyň öňünde geçirýän wagtyna ata-eneleriň gözegçilik edip bilmegi, bilim beriji we terbiýeçilik mazmunly eserleriň bir ýerde jemlenmegi sanly mümkinçilikleriň maşgalanyň gündelik durmuşynda has netijeli peýdalanylmagyna şert döredýär. Çagalaryň kalbynda gözellik duýgusy, reňklerdir şekiller arkaly öz pikirini beýan etmek islegi kiçilikden oýanýar. Şonuň üçin sergi-ýarmarkanyň amaly-haşam we şekillendiriş sungatyna bagyşlanan «Art zone» döredijilik meýdançasy çagalaryň iň halaýan ýerleriniň birine öwrüldi. Bu ýerde çagalar palçykdan şekilleri ýasamagy, keramika bilen meşgullanmagy, surat çekmegi, dürli el işlerini ýerine ýetirmegi öwrenýärler. «Nur Art» döredijilik kurslary mekdebiniň keramika studiýasynyň alyp barýan işleri hem ýaşajyk myhmanlarda uly gyzyklanma döretdi. Çagalaryň küýzegärlik çarhynyň başyna geçip, öz elleri bilen dürli önümleri döretmäge synanyşmagy meýdançanyň aýratyn öwüşginine öwrüldi. Serginiň dowamynda milli senetçiligimizi giňden wagyz etmäge, el işlerine bolan söýgini oýarmaga, dürli döredijilik ugurlary bilen gyzyklanýan adamlary bir ýere jemlemäge gönükdirilen başlangyçlar-da uly orun eýeleýär. Elde ýasalan oýnawaçlar, bezeg şaýlary, dürli görnüşli torbalar, saç bezegleri, bilezikler we beýleki önümler sergä gelenleriň ünsüni özüne çekdi. Elde döredilen her bir önümiň özboluşly gözelligi bolýar. Sebäbi onuň aňyrsynda ussanyň zähmeti, sabyrlylygy we döredijilik gözlegi dur. Ýaş nesilleriň geljekki hünärini dogry saýlamagy, olaryň ukyplarynyň irki ýaşlardan ýüze çykarylmagy serginiň esasy maksatlarynyň biridir. Bu ugurda «Hünärler şäherçesi» zolagynda alnyp barylýan işler aýratyn bellenilmäge mynasypdyr. Bu özboluşly taslamada çagalar dürli hünärleriň aýratynlyklary bilen gyzykly oýunlaryň, täsirli çäreleriň üsti bilen tanyşýarlar. Hünärler meýdançasynda mugallymçylyk, kosmonawtlyk, ekologiýa, maliýe, dizaýn ýaly ugurlar çagalaryň öňünde özboluşly bir dünýä hökmünde açylýar. Çagalar ýörite anketalary dolduryp, soňra dürli hünärleriň aýratynlyklary bilen tanyşýarlar, käbir hünärlere degişli işleri özleri ýerine ýetirip görýärler. Bu ýerde çagalar bilim dünýäsine aralaşyp, gyzykly oýunlar arkaly mugallymyň asylly käri bilen tanyşýarlar. Soňra olar kosmonawt bolup, älem giňişligine wirtual syýahat edýärler. Ýörite päsgelçilik zolagyndan geçip, «Ekologiýa planetasyna» düşýärler. Ekologlaryň meýdançasynda bolsa planetamyzy galyndylardan arassalamagyň, aýna, plastik we kagyz ýaly serişdeleri dogry ulanmagyň düzgünleri amaly taýdan öwredilýär. Maliýeçiniň zolagynda pul serişdelerini nähili dolandyrmalydygy, maýa goýumlar, pul ýygnamagyň usullary barada gürrüň berilýär. Dizaýner zolagynda bolsa çagalar töweregimizdäki mahabatlaryň, bannerleriň, gazet-žurnallaryň dizaýnynyň nähili döredilýändigi bilen tanyşýarlar. Olar hatda moda dünýäsi üçin täze lybaslaryň çyzgylaryny-da çyzyp görýärler. Oýnuň ahyrynda her bir çaga öz ukyplaryna we gyzyklanmalaryna görä haýsy hünärlere has ýakyndygy barada ýörite şahadatnama gowşurylýar. «Hünärler şäherçesinde» hünärleriň diňe bir düşündirilmän, eýsem, oýun we amaly hereketler arkaly görkezilmegi çaganyň öz ukybyny has erkin synap görmegine mümkinçilik berýär. Serginiň ikinji gününiň dowamynda sagdyn iýmitlenişe, çagalaryň saglygyny goramaga bagyşlanan maslahatlar hem ata-eneler üçin örän peýdaly boldy. Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş ylmy-kliniki merkeziniň, beýleki lukmançylyk edaralarynyň wekilleriniň çykyşlarynda ýaş nesilleriň saglygyny goramak babatda ýurdumyzda amala aşyrylýan giň gerimli işler barada gürrüň edildi. «Kids EXPO: ähli zat çagalar üçin» atly halkara sergi-ýarmarkanyň ikinji güni çagalaryň kalbynda ýakymly ýatlamalary galdyrjak pursatlara baý boldy. Kimdir biri küşt tagtasynda ýeňiş gazandy, başga biri keramika çarhynyň başynda öz eli bilen ilkinji eserini döretdi. Bir çaga kitaplaryň arasyndan özüne ýakyn eseri tapdy, ýene biri älem giňişligine wirtual syýahat etdi. Başga biriniň bolsa geljekde haýsy hünäri saýlajakdygy baradaky ilkinji arzuwlary şu ýerde kemala geldi. Serginiň her bölüminde bir hakykat aýdyň duýulýar: zehin diňe bir ýüze çykarylman, ony ösdürmek üçin hem giň mümkinçilikler gerek. Çaganyň kiçijik höwesi dogry goldaw bilen uly arzuwlara, arzuwlary bolsa geljekki üstünliklere öwrülip bilýär. «Kids EXPO» halkara sergi-ýarmarkasynyň esasy ähmiýeti hem hut şunda. Ol çagalaryň häzirki şatlygyny geljekki üstünlikleriniň ilkinji ädimleri bilen birleşdirýär. Baýramberdi GELDIMYRADOW. «Türkmenistan». Surata düşürenler Hasan MAGADOW, Dörtguly MYRATGULYÝEW.
Для детей: с пользой и любовью
Масштабная международная выставка-ярмарка «Kids Expo: всё для детей», открывшаяся в Ашхабаде, подтвердила ключевой вектор развития Туркменистана – всестороннюю поддержку семьи, материнства и детства. Экспозиции с первых минут впечатляют размахом и географией. Выставочные павильоны объединили свыше 100 ведущих компаний из более чем 30 стран мира, включая Россию, Турцию, Германию, Японию и Иран, превратив столицу в центр международной индустрии детских товаров. Насыщенное пространство ярмарки предлагает гостям полный спектр современных решений для гармоничного развития ребёнка. На стендах участников представлено буквально всё – от экологичного питания, товаров для новорождённых и гипоаллергенной косметики до передовых образовательных технологий и школьных принадлежностей нового поколения. Помимо демонстрации ассортимента, смотр стал центром экспертного взаимодействия – здесь закладываются основы для новых международно-просветительских проектов и формируются долгосрочные партнёрские связи. Организаторы грамотно продумали пространство экспоцентра, превратив его в единую интерактивную среду, где деловая программа и учёба гармонично сочетаются с развлечениями. Ярким стартом первого дня стали презентация нового туркменского мультфильма «Menekliler» совместно с детской платформой «Nowça», а также открытие шахматного чемпионата «KIDS EXPO CHESS CUP». Огромный интерес гостей вызвали книжные выставки, площадки профориентации «Город профессий» и интерактивный планетарий с презентацией «NASA Space Apps Challenge» и запуском учебных роботов. В творческих зонах юные посетители осваивали гончарное дело, дизайн одежды и роспись экосумок, а завершить насыщенный маршрут гости могли в фуд-зоне с угощениями и мороженым. Масштабный смотр ярко продемонстрировал лучшие достижения отрасли и наглядно подтвердил верность курса Туркменистана на всестороннюю поддержку подрастающего поколения. Слово участникам мероприятия. Мяхри РЕДЖЕПОВА,официальный представитель и консультант турецкого бренда «Wee Baby» в Туркменистане: – Наша компания уже шесть лет выступает поставщиком продукции турецкого бренда «Wee Baby» на туркменском рынке. За это время мы прошли путь от первого знакомства покупателей с маркой до создания разветвлённой торговой сети. Мы обеспечиваем родителей высококачественными товарами для детей в возрасте от шести месяцев до трёх лет. Сегодня весь ассортимент «Wee Baby» – от специализированных аксессуаров для кормления до средств гигиены – доступен широкому кругу покупателей как в розничных магазинах Ашхабада, так и на современных маркетплейсах. Участие в этом масштабном смотре стало для нас важным шагом в укреплении деловых связей и демонстрации достижений всей детской индустрии. Событие произвело глубокое впечатление безупречной организацией и профессиональным подходом к развитию этого сектора. Для нашей компании – это не просто презентационная площадка, но и ценная возможность получить прямую обратную связь от родителей. Именно такой диалог помогает нам двигаться дальше. Мы видим, как стремительно растёт спрос на продукцию, соответствующую международным стандартам безопасности, и гордимся тем, что вносим свой вклад в обеспечение туркменских семей товарами самого высокого класса. Батыр АТАДЖАНОВ,представитель бренда «Хрутка» компании «Nestlе»: – Выставочная площадка в Ашхабаде ярко отражает динамичный рост отечественного потребительского рынка. Сегодня вопросы воспитания здорового и образованного поколения возведены в ранг ключевых национальных приоритетов. В стране создана мощная государственная система поддержки семьи, и практическое воплощение этой стратегии мы видим прямо здесь. Продукция бренда «Хрутка» заслужила искреннее доверие покупателей и прочно вошла в повседневный рацион. Мы активно развиваем торговую сеть, обеспечивая доступность товаров как в крупнейших супермаркетах, так и через современные онлайн-сервисы, что полностью отвечает курсу на цифровизацию и высокий уровень сервиса. Международная универсальная выставка-ярмарка «Kids Expo: всё для детей» выступила эффективным пространством для прямого диалога между представителями государственных структур, бизнеса и международных организаций. Смотр ярко продемонстрировал масштабность проводимой Президентом Сердаром Бердымухамедовым социально ориентированной политики, в центре которой – всемерная забота о гармоничном развитии подрастающего поколения и счастливом будущем страны. Айна ИШАНКУЛИЕВА,руководитель центра развития ИП «Орлан»: – Как специалист, работающий с обучением и развитием кадров, рассматриваю этот форум через призму формирования навыков будущего. Главная ценность экспозиции – в её просветительском и развивающем потенциале. На площадке создана уникальная образовательная среда, объединяющая зоны ранней профориентации, практические мастер-классы и презентации передовых обучающих программ. Когда ребёнок с ранних лет получает возможность пробовать себя в творчестве, науке, конструировании и технологиях, у него формируется исследовательский интерес и лидерские качества. По сути, здесь закладывается базовый фундамент для подготовки будущих высококлассных специалистов, инженеров, в которых нуждается современная экономика. Проведение столь масштабного смотра – наглядный результат дальновидной политики Президента Сердара Бердымухамедова, направленной на раскрытие интеллектуального и творческого потенциала молодёжи. Организаторам удалось выстроить эффективную систему, где обучение и досуг работают на единую цель – воспитание эрудированного, гармоничного и уверенного в своих силах молодого поколения. Гозел ДЖАПБАРОВА. Фото Хасана МАГАДОВА.
Aşgabatda “Kids EXPO” halkara sergi-ýarmarkasy geçirilýär
Aşgabat, 19-njy awgust (TDH). Şu gün paýtagtymyzda “Kids EXPO: ähli zat çagalar üçin” atly halkara sergi-ýarmarka öz işine başlady. Bagtyýar çagalygyň ýurdunda — eziz Watanymyzda her täze okuw ýylynyň öňüsyrasynda şeýle sergini guramak asylly däbe öwrüldi. Sergi şeýle hem çagalar we ýetginjekler üçin harytlary öndürýän, bilim-terbiýeçilik ulgamynda hyzmatlary hödürleýän ýurdumyzyň we dünýäniň öňdebaryjy kompaniýalaryny bir ýere jemleýän meýdança bolup hyzmat edýär. Irden Söwda-senagat edarasynyň öňündäki baýramçylyk ruhunda bezelen meýdança köp sanly myhmanlar ýygnandylar. Olaryň hatarynda Hökümet agzalary, ýurdumyzyň Mejlisiniň, ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň, daşary döwletleriň hem-de halkara guramalaryň ýurdumyzdaky diplomatik wekilhanalarynyň ýolbaşçylary bar. Çagalar döredijilik toparlarynyň ýerine ýetiren şowhunly aýdym-sazlary we tansly çykyşlary halkara sergi-ýarmarkanyň açylyş dabarasyna aýratyn öwüşgin çaýdy. “Jahan” döredijilik merkeziniň sungat gurnaklaryna gatnaýan çagalaryň çykyşlary aýratyn täsirli boldy. Mälim bolşy ýaly, döredijilik merkeziniň çagalary ýurdumyzda we daşary döwletlerde geçirilýän festiwallara, medeni çärelere işjeň gatnaşyp, milli medeniýetimizi we sungatymyzy dünýä ýaýmak işine goşant goşýarlar. Dabara gatnaşyjylar hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň «Kids EXPO: ähli zat çagalar üçin» atly halkara sergi-ýarmarka gatnaşyjylara iberen Gutlagyny uly üns bilen diňlediler. Döwlet Baştutanymyz Gutlagynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda ak mermerli Aşgabatda geçirilýän halkara sergi-ýarmarkanyň öz işine başlamagy bilen oňa gatnaşyjylary tüýs ýürekden gutlady. Bu iri möçberli sergi-ýarmarka ýurdumyzyň hem-de daşary ýurtlaryň çagalar üçin harytlar we hyzmatlar pudagynda iş alyp barýan kompaniýalaryna, bilim edaralaryna, halkara guramalara öz döwrebap önümlerini we hyzmatlaryny, häzirki zaman gazananlaryny hem-de geljekki ösüş ugurlaryny görkezmäge mümkinçilik döreder. Hormatly Prezidentimiz halkara gözden geçirilişiň ýaşlaryň ylmy we döredijilik mümkinçiliklerini baýlaşdyrmakdaky ähmiýetini aýratyn nygtap, häzirki döwrüň bilim ulgamynyň sanly dünýäni paýhas bilen birleşdirýän çäksiz mümkinçilikler ummanyna öwürmek bilen, ýaşlaryň her birine öz geljeginiň açarynyň eýesi bolmagyna ýol açýandygyny belledi. Ol diňe bir bilim bermegi däl, eýsem, ýaşlaryň dünýägaraýşynyň, ahlak ýörelgeleriniň we döredijilik ukyplarynyň kemala gelmegini höweslendirmegi hem öz içine alýar. Soňra ýygnananlar halkara sergi-ýarmarkanyň gyzykly we özüne çekiji diwarlyklary bilen tanyşdylar. Bu ýerde ýurdumyzyň we daşary döwletleriň öňdebaryjy bilim merkezleriniň, çagalar üçin mebelleri, oýnawaçlary, serişdeleri, okuw esbaplaryny we öwrediji gollanmalary taýýarlaýan, şeýle-de ýokumly iýmit garyndylaryny öndürýän kärhanalarynyň 100-den gowragynyň diwarlyklary gurnaldy. Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň durmuşa geçirýän ynsanperwer işlerine hem-de “Arkadag Medisina Klasteri Menejment” kärhanasynyň öndürýän saglygy goraýyş maksatly önümlerine bagyşlanan sergi diwarlyklary uly gyzyklanma döredýär. Mälim bolşy ýaly, geçen gysga döwrüň içinde haýyr-sahawat gaznasynyň hasabyna howandarlyga mätäç çagalara paýtagtymyzyň we ýurdumyzyň welaýatlarynyň lukmançylyk edaralarynda dürli operasiýalary geçirmäge, çagalar öýlerinde, ýöriteleşdirilen mekdeplerde, mekdep-internatlarda terbiýelenýän ýaşajyk ildeşlerimiziň bejergileri, lukmançylyk maksatly serişdeleriniň satyn alynmagy üçin pul serişdeleriniň bölünip berilmegi yzygiderli häsiýete eýe boldy. Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz körpe nesli atalyk aladalary bilen gurşap, durmuş ýagdaýlary sebäpli hossarsyz galan çagalaryň halkyň Arkadagynyň beýik adyny götermekleri üçin hem ähli mümkinçilikleri döredýär. Gahryman Arkadagymyzyň parasatly belleýşi ýaly, ýurdumyzda çagalaryň hiç biri hossarsyz däldir. Olaryň arkasynda dag ýaly döwletimiz durandyr. Şu maksatlar bilen, gaznanyň ýanynda döredilen Ýaşulular geňeşi ata-babalarymyzdan gelýän asylly däp-dessurlar arkaly nesilleri terbiýelemek wezipesine aýratyn ähmiýet berýär. “Arkadag Medisina Klasteri Menejment” kärhanasy häzirki wagtda çagalar üçin zerur witaminler bilen baýlaşdyrylan çaga iýmitiniň dürli görnüşlerini hem-de gündelik sarp edilýän lukmançylyk serişdelerini öndürýär. Kärhana Türkmenistanyň sertifikatlaşdyryş ulgamy tarapyndan hil ulgamynyň laýyklyk güwänamasy berlendir. Munuň özi kärhananyň öndürýän önümleriniň lukmançylyk ulgamyna degişli hil görkezijileri babatda ýokary talaplara laýyk gelýändigine şaýatlyk edýär. Ýurdumyzda öndürilýän, görnüş babatda yzygiderli baýlaşdyrylýan ýokary hilli çaga iýmiti hem-de lukmançylyk serişdeleri Gahryman Arkadagymyzyň ýolbaşçylyk etmeginde işlenip taýýarlanylan “Saglyk” Döwlet maksatnamasynyň wezipeleriniň häzirki wagtda Arkadagly Gahryman Serdarymyz tarapyndan üstünlikli durmuşa geçirilýändiginiň güwäsidir. Halkara sergi-ýarmarka golaýlap gelýän täze okuw ýylyna taýýarlyk görýän ata-enelere dürli okuw esbaplaryny we lybaslaryny satyn almak üçin amatly teklipleri hödürleýär. Şunuň bilen baglylykda, Dokma senagaty ministrliginiň diwarlygynda dokma we tikinçilik kärhanalary tarapyndan taýýarlanylan, mekdep okuwçylarynyň okuw, bedenterbiýe sapaklarynda, öý şertlerinde geýmekleri üçin lybaslaryň uly toplumy görkezilýär. Gözden geçirilişiň çäklerinde Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrligi tarapyndan okuwçylar üçin esbaplaryň köp görnüşleri jemlenen özboluşly mekdep bazary döredilipdir. Hödürlenilýän harytlaryň köpüsiniň ýerli hususy önüm öndürijiler tarapyndan öndürilendigini bellemek gerek. Bilim, Medeniýet ministrlikleriniň hem-de sport federasiýalarynyň diwarlyklarynda ýaş nesilleriň beden we ruhy taýdan sagdyn ösmegi, döredijilik başarnyklaryny kämilleşdirmekleri üçin döredilýän mümkinçilikler öz beýanyny tapýar. Şeýle döwrebap şertleriň döredilmegi netijesinde mekdep okuwçylary halkara ýaryşlarda üstünlikli çykyş edip, baýrakly orunlara mynasyp bolýarlar. Ýaş nesliň kadaly dynç almagy hem hemişe üns merkezinde saklanylýan ugurdyr. Şunuň bilen baglylykda, ýurdumyzyň çagalar sagaldyş-dynç alyş merkezlerine degişli sergi diwarlyklarynda tomusky dynç alyş möwsüminden şadyýan pursatlar şöhlelendirilipdir. Şu möwsümde çagalaryň müňlerçesi Gökderede, Awazada we Diýarymyzyň sebitlerinde ýerleşýän merkezlerde dynç alyp, saglygyny berkitdi. Munuň özi olaryň okuw ýylyna täze güýç, uly ruhubelentlik bilen başlamaklaryny şertlendirýär. Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň Mahabat müdirliginiň diwarlygynda çagalar üçin hödürlenilýän multfilmler we dürli suratlar bilen milli öwüşginde bezelen kitaplar tanyşdyrylýar. Türkmenistan Birleşen Milletler Guramasynyň yglan eden Durnukly ösüş maksatlaryny üstünlikli we yzygiderli durmuşa geçirýär hem-de beýleki döwletler, abraýly halkara düzümler bilen işjeň hyzmatdaşlyk edýär. Foruma gatnaşyjylaryň hatarynda ozaldan gelýän hyzmatdaşymyz — eneligi we çagalygy goramak, ýaş nesliň hemmetaraplaýyn ösmegi, maşgalalaryň maddy-durmuş ýagdaýynyň ýokarlanmagy, bilim, saglygy goraýyş ulgamlarynyň kämilleşdirilmegi, sagdyn durmuş ýörelgeleriniň wagyz edilmegi babatda ýurdumyzda amala aşyrylýan maksatnamalara işjeň gatnaşýan BMG-niň Çagalar gaznasy (ÝUNISEF) hem bar. Dört günläp dowam etjek forumda paýtagtymyzyň ýaşaýjylary we myhmanlary tematiki ugurly dürli görnüşli önümleriň köp sanlysyny özünde jemleýän diwarlyklar bilen tanşyp bilerler. Şunda sergä gelýänleri diňe bir bu ýerde görkezilýän ýokary hilli harytlaryň giň görnüşi däl-de, eýsem, olaryň täze doglandan başlap, dürli ýaşdaky çagalara niýetlenendigi hem özüne çekýär. Täze doglan çagalar üçin harytlaryň uly toplumy — geýimler, gap-gaçlar, bäbejikleri iýmitlendirmek üçin ýokumly iýmit garyndylary, arassaçylyk serişdeleri we beýleki önümler, ilkinji nobatda, ýaş ene-atalarda uly gyzyklanma döretdi. Olar ýurdumyzyň, dünýäniň belli önüm öndürijileriniň iň gowy, iň täze harytlary bilen gyzyklanma bildirip tanyşdylar. Halkara sergi-ýarmarkanyň daşary ýurtly gatnaşyjylarynyň hatarynda Eýran Yslam Respublikasy, Ýaponiýa, Germaniýa Federatiw Respublikasy, Hytaý Halk Respublikasy, Türkiýe Respublikasy, Russiýa Federasiýasy, Amerikanyň Birleşen Ştatlary ýaly döwletlerden iri kompaniýalar bar. Halkymyzyň köp çagalylyga, köp çagaly maşgalalara hemişe aýratyn hormat bilen garaýandygyny nazara alyp, sergini guraýjylar pawilýonlaryň bezeginde bu ugra aýratyn üns beripdirler. Sergi diňe bir işewürleriň mümkinçiliklerini görkezmekleri üçin ajaýyp meýdança bolmak bilen çäklenmän, eýsem, ene-atalar we çagalar üçin özboluşly baýramçylyk çäreleriniň toplumyny özünde jemleýär. Ýaýbaňlandyrylan diwarlyklar ýaşajyk raýatlarda uly şatlyk döretdi. Her dürli oýunjakly, stoluň üstünde oýnalýan oýun görnüşli we pikirlenişi ösdürýän okuw gollanmaly diwarlyklaryň öňi has köp adamly boldy. Ýurdumyzda hem-de daşary döwletlerde uly islegden peýdalanýan ýokary hilli, bäsdeşlige ukyply önümleri öndürmek boýunça öňde goýlan wezipeleri çözmekde Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalaryna möhüm orun degişlidir. Döwletimiz soňky ýyllarda import harytlarynyň ornuny tutýan, “Türkmenistanda öndürildi” haryt nyşanly önümleri daşarky bazarlarda işjeň ýerlemek boýunça yzygiderli çäreleri durmuşa geçirýär. Milli azyk senagatynyň önümleri — ajaýyp tagamy we hili bilen tapawutlanýan çaga iýmitleri, miwe içgileri, gazlandyrylan suwlar, süýji-köke önümleri alyjylaryň uly islegine eýe bolup, giňden tanalýar. Ýerli önüm öndürijileriň bu ýerde görkezilýän harytlarynyň kabul edilen halkara ölçegleriň ekologik, gözellik talaplaryna laýyklykda gaplanandygyny we bezelendigini bellemek gerek. Sergä gatnaşýanlaryň hatarynda çagalar üçin dürli önümleriň satuwyny amala aşyrmaga ýöriteleşen iri söwda torlary hem bar. Bilim merkezleriniň diwarlyklarynyň ýanynyň köp adamly bolmagy halkymyzyň ylym-bilime, ýaş nesliň terbiýesine uly ähmiýet berýändigini görkezýär. Çünki ösen aň-düşünjeli, ýokary ahlakly ýaş nesiller Watanymyzyň geljegidir. Bu ýerde geljekki hünärleri ele almak, daşary ýurtlaryň belli ýokary okuw mekdeplerinde okamak üçin maslahatlary almak bolýar. Ýurdumyzda ýaş nesliň daşary ýurt dillerini öwrenmegi, takyk bilimleri özleşdirmegi üçin uly şertler bar. Telekeçiler okatmagyň öňdebaryjy we netijeli usullaryna esaslanýan bilim merkezlerini esaslandyryp, kämil bilimli, ösen aň-düşünjeli ýaş nesliň kemala getirilmegine mynasyp goşant goşýarlar. Gahryman Arkadagymyzyň öňdengörüjilikli başlangyçlarynyň hormatly Prezidentimiz tarapyndan mynasyp dowam etdirilmegi netijesinde, soňky ýyllarda ýurdumyzda ýaş nesliň bagtyýar ýaşamagy, doly derejede dynç we bilim almagy, döredijilik bilen meşgullanmagy, bilimli, giň dünýägaraýyşly, sagdyn bedenli, terbiýeli adamlar bolup ýetişmekleri üçin giň gerimli maksatnamalar üstünlikli durmuşa geçirilýär. Şu maksatlar bilen, maşgala goldaw bermegiň, eneligi we çagalygy goramagyň, ýaş nesilleri terbiýelemegiň, olara bilim bermegiň kanunçylyk taýdan üpjün edilmeginden başlap, bu ulgamda iň gowy dünýä tejribesiniň ornaşdyrylmagyna çenli ygtybarly döwlet ulgamy kemala getirildi. Täze okuw ýylynyň öňüsyrasynda mekdep harytlaryny özünde jemleýän pawilýonlaryň aýratyn gyzyklanma döretjekdigi düşnüklidir. Bu ýerde okuw üçin ähli zerurlyklary — okuw esbaplaryny we gollanmalary, çagalar üçin niýetlenen mebelleri amatly bahadan satyn alyp bolýar. Däbe görä, tomsuň soňky aýynda ýurdumyzyň ähli künjeginde her ýyl ýaýbaňlandyrylýan mekdep bazarlarynda bolşy ýaly, bu ýerde hem islegiňe görä mekdep lybaslaryny, aýakgaplary, okuw torbalaryny, ýazuw depderlerini we beýlekileri saýlamaga mümkinçilik bar. Sergä gatnaşýan döwlet we hususy düzümlere, daşary ýurt kompaniýalaryna öz alyp barýan işleri, önümleri, hödürleýän hyzmatlary bilen giň halk köpçüligini tanyşdyrmaga amatly şertler döredildi. Şu gezekki sergä ýaşajyk raýatlaryň işjeň gatnaşmagy onuň esasy aýratynlygydyr. Bu ýerde çagalar üçin interaktiw oýun zolaklary döredilipdir. Gözden geçirilişiň çäklerinde çagalar üçin güýmenje tehnologiýalara uly ähmiýet berildi. Ýörite gurnalan zolaklarda tebigat, tehnika, anatomiýa ýaly ugurlarda oýunlar arkaly çagalarda geljekki hünärlere höwes döredilýär. Ýaşajyk türkmenistanlylar serginiň işiniň dowam edýän ähli günlerinde tejribeli tälimçileriň ýolbaşçylygynda döredijilik, aşpezlik we başga-da birnäçe gyzykly ugurlar bilen meşgullanyp, wirtual we sanly dünýä, ylmyň dürli ugurlary baradaky düşünjelerini artdyryp bilerler. Halkara sergi-ýarmarka çagalar üçin köp sanly güýmenjelere baýlygy bilen tapawutlanýar. Ertekileriň, multfilmleriň gahrymanlarynyň hem-de täsin tilsimleri görkezýän artistleriň şowhunly çykyşlary körpeleriň şatlykly gülkülerine beslendi. Çagalar üçin täze neşirleriň tanyşdyrylyş dabaralary ýaş nesliň kitaba, bilim almaga we öwrenmäge höwesini artdyrmakda uly ähmiýete eýe boldy. Onuň çäklerinde ýurdumyzyň animator-multiplikatorlary tarapyndan döredilen ilkinji 3D ölçegli multserialyň görkezilişi hem-de Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň Mahabat müdirliginiň çagalar üçin ýöriteleşdirilen güýmenje mazmunly “Nowça TV” sanly platformasynyň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi. Sanly platformada çagalar üçin suratlar bilen bezelen elektron kitaplara, türkmen we daşary ýurt multfilmlerine we beýleki wideoşekilli eserlere möhüm orun berilýär. Sanly platformada ata-eneleriň çagalarynyň wagtyny nähili geçirişine gözegçilik edip bilmek mümkinçiligi onuň esasy aýratynlygydyr. Serginiň çäklerinde mekdep okuwçylarynyň arasynda geçirilýän küşt ýaryşy sportuň bu görnüşi boýunça iň zehinli ýaşajyk wekilleri ýüze çykarmaga mümkinçilik berýär. Bu ýaryşa dünýäniň 10-a golaý ýurdundan ýaşajyk küştçüleriň gatnaşmagy onuň geriminiň giňdigini görkezýär. Şeýle hem sergide çagalar Halkara mekdep küşt federasiýasynyň tälimçileriniň we ussat grossmeýsterleriň küşt boýunça tälim beriji sapaklaryny alyp bilerler. Halkara sergi-ýarmarka ata-eneler, bilim-terbiýeçilik işine gatnaşýan hünärmenler üçin-de peýdaly çärelere baýdyr. Çagany geljekki hünärlere ugrukdyrmak, ene süýdi bilen iýmitlendirmegiň peýdasy barada maslahat beriş geňeşmeleri gyzyklylygy bilen tapawutlandy. Halkara sergi-ýarmarkanyň geçirilýän günlerinde robot boýunça taslamalaryň, mental arifmetika ugrundan bäsleşikleriň, çaga lybaslarynyň görkezilişiniň guralmagy göz öňünde tutulýar. Geçiriljek çäreler ýurdumyzyň geljegi hasaplanylýan çagalara diňe bir ýatdan çykmajak täsirleri we şatlykly duýgulary bagyşlamak bilen çäklenmän, eýsem, olary çäksiz alada bilen gurşap alýan, ýaş nesliň sagdyn bedenli, bilimli, hemmetaraplaýyn sazlaşykly kemala gelmegi we terbiýelenmegi üçin ähli şertleri döredýän Watanymyza bolan söýgini hem artdyrýar. Sergi-ýarmarkanyň şygary “Ähli zat çagalar üçin” bolsa-da, onuň çäklerinde geçirilýän çäreler dürli ýaşdakylary özüne çekýär. Sergi meýdançasy hemmeleri çagalygyň täsin we jadyly dünýäsine aralaşdyrýar. Bu ýerde Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallalary bilen ösüşiň täze belentliklerine bedew bady bilen ynamly öňe barýan eziz Watanymyzdaky bagtyýar çagalyk aýdyň şöhlelenmesini tapýar. “Kids EXPO: ähli zat çagalar üçin” atly halkara sergi-ýarmarka öz işini 22-nji awgustda tamamlar. Onuň ahyrynda gatnaşyjylara degişli diplomlar gowşurylar.
Halkymyzyň döwletlilik ýörelgesi
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynyň her gününi zähmet ýeňişlerine besleýän agzybir halkymyz özüniň naýbaşy baýramy bolan Türkmenistanyň Garaşsyzlyk gününi ýokary derejede mynasyp garşylamak üçin şu günlerden uly taýýarlyk görýär. Mukaddes baýramyň öň ýanynda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisiniň geçirilmegi bolsa şanly toýuň dabarasyny has-da artdyrýar. Bilşimiz ýaly, şu ýylyň 15-nji iýulynda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň mejlisi geçirildi. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyz mejlisdäki çuňňur manyly çykyşynda Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisine taýýarlyk görmek bilen bagly esasy ugurlar barada durup geçdi. Şu ýylyň 23-nji sentýabrynda geçiriljek Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisinde ýurdumyzyň ösüşinde gazanylan üstünlikler we ýetilen sepgitler beýan ediler, öňde durýan täze wezipeler kesgitlenip, il-ýurt bähbitli çözgütler kabul ediler. Halkymyzda «Geňeşli biçilen don gysga bolmaz» diýen dana pähim bar. Bu asylly ýörelge Gahryman Arkadagymyzyň başyny başlan taryhy özgertmelerini üstünlikli dowam edýän hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda häzirki döwürde has-da rowaçlanýar. «Döwlet adam üçindir!», «Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!» diýen baş taglymata esaslanýan beýik işler, asudalygy we abadançylygy, durmuş-ykdysady taýdan ösüşi üpjün etmegiň netijesinde gazanylýan üstünlikler ýurdumyzyň halkara abraýynyň has-da belende göterilmegini, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň yzygiderli ýokarlanmagyny üpjün edýär. Şu ýyl halkymyz Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllygyny uly dabaralar bilen garşylaýar. Garaşsyzlyk ýyllarynda milli bilim ulgamynyň uly ösüşlere beslenendigini bellemek bolsa aýratyn buýsançlydyr. Ýaş nesle berilýän bilim-terbiýäniň hilini ýokarlandyrmakda, halkara tejribeleri milli ýörelgeler bilen utgaşdyryp, döwrebap hem kämil usulyýet binýadyny kemala getirmekde gazanylýan üstünlikler berkarar Watanymyzy täze mümkinçilikleriň ýurdy hökmünde has-da uly meşhurlyga eýe edýär. Şu nukdaýnazardan, durmuşymyzyň ähli ugurlaryny ösdürmek, kämilleşdirmek bilen bir hatarda, bilim bermegiň, hünärmenleri taýýarlamagyň täze usullaryny ornaşdyrmak boýunça alnyp barylýan işler dowamly häsiýete eýe bolýar. Şu günler Diýarymyzyň ähli künjeginde Halk Maslahatynyň alyp barýan işleriniň taryhy hem-de syýasy-jemgyýetçilik ähmiýetine bagyşlanan wagyz-nesihat çäreleri, çykyşlar we duşuşyklar giňden ýaýbaňlandyrylýar. Olarda berkarar Watanymyzyň gülläp ösüşi we Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň halkymyzyň agzybirligini, jebisligini, abadançylygyny berkitmekde hem-de Garaşsyz, hemişelik Bitarap döwletimiziň has-da kuwwatlanmagyna ýardam bermekde eýeleýän orny hakyndaky söhbetler buýsançly ýaňlanýar. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwri milli demokratiýanyň rowaçlanýan zamanasydyr. Halkymyza baky bagtyýarlygy peşgeş edýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak, belent başlary aman bolsun! Döwletmämmet GARAKLYÝEW, Balkanabat şäheriniň Gumdag şäherçesindäki 30-njy orta mekdebiň mugallymy.
Garaşsyzlygyň batly gadamlary
Şu günler Diýarymyzyň ähli künjeginde mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllyk toýuny mynasyp garşylamak hem-de Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisini geçirmek üçin uly taýýarlyk görülýär. Häzirki ajaýyp döwrümizde halkymyzyň her bir güni beýik ösüşlere beslenýär. Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallalary netijesinde ýurdumyzyň dürli künjegi özgerýär, täze keşbe eýe bolýar. «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda gurulýan desgalar, ýaşaýyş jaýlary mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk toýuna ajaýyp sowgat bolýar. Bu gün Garaşsyz we hemişelik Bitarap Türkmenistan Watanymyz halk hojalygynyň ähli pudaklary boýunça uly ösüşleri gazanyp, belent sepgitleri eýeleýär, milli ykdysadyýetimiz ösdürilýär. Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzy ykdysady taýdan kuwwatly döwlete öwürmek, ilatyň durmuş goraglylygyny ýokary derejede üpjün etmek üçin ägirt uly işleriň durmuşa ornaşdyrylmagyny gazandy. Bu gün türkmen döwleti gün-günden gözelleşýär, özgerýär, ösýär, halkymyzyň asuda durmuşda ýaşamagy, zähmet çekmegi we ýaşlaryň bilim öwrenmegi üçin ähli mümkinçilikler döredilýär. Ýurdumyzyň dürli künjeginde döwrebap iri kärhanalaryň, durmuş maksatly desgalaryň ençemesiniň gurlup ulanmaga berilmegi ilatyň durmuş goraglylygyny ýokarlandyrmaga, şol sanda milli ykdysadyýetimiziň has-da ösdürilmegine giň möçberli şertleri döretdi. Täze gurlan önümçilik kärhanalary ykdysadyýeti döwrebap ösdürmäge kuwwatly itergi berdi. Galyberse-de, täze gurulýan önümçilik desgalarynyň ählisiniň ylmyň we tehnikanyň iň täze gazananlary, dünýäniň iň öňdebaryjy kärhanalarynda öndürilen häzirki zaman kämil tehniki enjamlary bilen üpjün edilmegi milli önümçiligiň kuwwatlylygyny birnäçe esse ýokarlandyrdy. Işleriň şeýle oýlanyşykly, sazlaşykly alnyp barylmagy ykdysadyýetiň önümçilik kuwwatynyň yzygiderli artmagyna, ykdysady ösüşleri gazanmaga mümkinçilik berýär. Hormatly Prezidentimiziň çuňňur parasata ýugrulan syýasaty bilen ýurdumyzyň halk hojalygynyň ähli pudaklarynyň durnukly ösüşi üpjün edilýär. Häzirki döwürde döwrebap enjamlar, has takygy, sanly ulgama esaslanýan tehnologiýalar üstünlikli ornaşdyrylýar. Munuň özi, ilkinji nobatda, ylmyň iň täze gazananlary bilen berk baglanyşykly işleriň alnyp barylýandygyny beýan edýär. Bu döwürde ýurdumyzda döwlet durmuşynyň ähli ulgamlarynyň ösüşini öz içine alýan giň möçberli maksatnamalaryň ençemesi üstünlikli alnyp barylýar. Hut şu nukdaýnazardan hem, ýurdumyzyň ykdysady kuwwaty yzygiderli ýokarlandy, halk hojalygynyň ähli ulgamlarynda durnukly ösüş depginleri gazanyldy. Munuň özi diňe bir şu günki ösüşlerimiz bilen baglanyşykly bolman, eýsem, röwşen geljegimizi hem üpjün edýär. Çünki sanly ulgama esaslanýan tehnologiýa geljegiň berk binýady bolup durýar. Ynha, «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda ýurdumyz boýunça halkymyzyň durmuşyna has netijeli täsir edýän ençeme desgalar ulanmaga berildi. Ýurdumyzyň ähli künjeginde gurulýan senagat-önümçilik desgalary, ýaşaýyş jaýlary, çagalar baglary, mekdepler halkymyzyň göwün guşuny ganatlandyrýar. Elbetde, gurulýan bu möhüm ähmiýetli desgalar diňe bir şu günüň aladasyny öz içine alman, eýsem, şöhratly geljegi hem nazarlaýar. Ýurdumyzyň durmuşyndaky şanly seneler mynasybetli möhüm ähmiýetli binalaryň we desgalaryň yzygiderli ulanmaga berilmegi ýurdumyzyň ykdysady kuwwatynyň, durmuş taýdan ösüşiniň artýandygynyň aýdyň subutnamasydyr. Bedew bady bilen okgunly öňe barýan Watanymyzyň durmuşynda oňyn özgertmeleriň, milli ykdysadyýetde, medeniýetde, ylymda we bilimde, saglygy goraýyşda, ulag we aragatnaşyk ulgamynda we beýleki ulgamlarda uly üstünlikleriň, ösüşleriň gazanylmagy halkymyzy joşgunly zähmete ruhlandyrýar. Türkmenistan bu gün öňe sürülýän giň möçberli maksatnamalaryň, durmuşa ornaşdyrylýan beýik işleriň netijesinde berkarar bolan eşretli durmuşyň derejesini, onuň ynsanperwerlige we milli ýörelgelere ýugrulan many-mazmunyny äleme äşgär edýär. Garaşsyzlygyň, Bitaraplygyň, parahatçylygyň, asudalygyň we agzybirligiň gadyr-gymmatyna belent sarpa goýlup, ýurdumyzda umumadamzat bähbitli beýik işler durmuşa ornaşdyrylýar. Ogulniýaz ANNATAGANOWA, Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň uly mugallymy.
Aýdyň maksatlar — netijeli üstünlikler
Häzirki ajaýyp döwrümizde Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde döwletimiz tarapyndan bilim ulgamynda uly işler alnyp barylýar. Bilim ähli ösüşlerimiziň, bagtyýarlygymyzyň we abadançylygymyzyň binýady, beýik geçmişimiziň hem-de geljegimiziň röwşen ýoludyr. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe eziz Diýarymyzda bilime teşneligi, ylma yhlaslylygy, pähim-paýhaslylygy bilen dünýä meşhur bolan milletimiziň asylly ýörelgelerine eýerilip, milli bilim ulgamy döwrebaplaşdyrylýar, hil taýdan täze basgançaga çykarmak babatda ägirt uly işler amala aşyrylýar. Asylly käriň eýeleri bolan mugallymlarymyzyň, ähli bilim işgärleriniň yhlasly hem-de tutanýerli zähmet çekmegi, ýaş nesliň bilimleri we ylymlary özleşdirmegi, hünärleri ele almagy üçin giň mümkinçilikler döredilip, täze döwrümiziň kuwwatly binýady berkidilýär. Döwrebap bilimli, ylymly we edep-terbiýeli, watansöýüji ýaşlary ýetişdirmek üçin ähli mümkinçilikler döredilýär. Ýurdumyzda bilim ulgamynda «Türkmenistanda umumybilim maksatnamalary boýunça okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmegiň 2028-nji ýyla çenli Konsepsiýasyna» laýyklykda, netijeli işler durmuşa ornaşdyrylýar. Umumybilim edaralaryny sanlylaşdyrmagyň barşynda dürli dersler boýunça okuw sapaklaryny häzirki zamanyň ösen talaplaryna laýyk getirmekde zerur şertler döredilip, okuw-usulyýet işi kämilleşdirilýär. Okuw kitaplary, gollanmalary, okuw-usuly toplumlar elektron görnüşinde täze maglumatlar esasynda baýlaşdyrylýar. Okatmagyň öňdebaryjy, ýokary netijeli innowasion usullary we mümkinçilikleri, olary okuw-terbiýeçilik işlerine giňden ornaşdyrmagyň ýollary barada halkara tejribeler özleşdirilýär. Golaýda Aşgabat şäheriniň Baş bilim müdirliginiň mekdebe çenli çagalar edaralarynyň müdirleriniň usuly-amaly okuwlary hem guramaçylykly geçirildi. «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýen şygar bilen geçirilen bu usuly-amaly okuwda 2026 — 2027-nji okuw ýylynda öňde durýan wezipeleri kesgitlemek barada maslahatlaşyldy. Okuwlarda meýilnama esasynda bellenilen temalar boýunça täsirli çykyşlar edilip, özara pikir alşyldy. 29-njy çagalar bakja-bagynyň müdiri Maýa Çaryýewanyň «Mekdebe çenli çagalar edaralarynda daşary ýurt dilleri sapaklaryny ylmyň we tehnikanyň iň täze gazananlaryna esaslanyp, öňdebaryjy innowasion çemeleşmeleri giňden ornaşdyrmagyň ýollary», 72-nji çagalar bakja-bagynyň müdiri Nurtäç Täçmyradowanyň «Saglyk ýagdaýy sebäpli mümkinçiligi çäkli çagalar bilen işlemegiň aýratynlyklaryny nazara alyp, pedagogik işgärleriň işini döwrebap guramagyň usullary», 143-nji çagalar bakja-bagynyň müdiri Amangözel Daňatarowanyň «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022—2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli Maksatnamasyndan» we «Türkmenistanda umumybilim maksatnamalary boýunça okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmegiň 2028-nji ýyla çenli Konsepsiýasyndan» gelip çykýan wezipeleri amal etmegiň ýollary» atly ýörite prezentasiýaly çykyşlary özara pikir alyşmakda aýratyn ähmiýetli boldy. Şeýle hem täze okuw ýylynda öňde durýan wezipeler we geçen okuw ýylynyň jemleri boýunça hasabatlar bilim işgärleriniň etrap, şäher, welaýat maslahatlarynda öz beýanyny tapdy. Gülsoltan ANNAGULYÝEWA, «Mugallymlar gazeti».
Ussatlardan gözbaş alan ussatlyk
Halypa mugallym Ata Akbäbäýew hakynda ýatlama Halypa mugallym Ata Akbäbäýew birnäçe «miweli daragtlary» ýetişdiren mugallymlaryň mugallymydyr. Ol okuwçylarynyň hem, bilim işgärleriniň hem arasynda, şeýle hem il arasynda-da uly hormata eýe bolan mugallymdyr. Ata mugallymyň adamkärçiliginiň belent bolşy ýaly, okuwçylara sapak berşi-de juda özboluşlydy. Ata Akbäbäýew mekdepde okan ýyllarym meniň hem, soňra çagalarymyň hem türkmen dili we edebiýat mugallymydy. Çagalar mekdepden öýe gelenlerinden soň hem halypa mugallymy hiç dillerinden düşürmezdiler. Olar mekdepde Ata mugallymyň guran çekeleşikli sapaklaryny çaý başynda gürrüň ederdiler. Halypa mugallym okadýan okuwçylaryna her hepdäniň ahyrynda bir goşgyny ýat tutmagy ýa-da çeper eser okamagy tabşyrardy. Bu bolsa ata-eneler üçinem gyzyklydy. Sebäbi mugallym okuwçylaryň üsti bilen ata-enelerem okuwa, türkmen edebiýatyna çekerdi. Ol hepdäniň ahyrynda okuwçylara okamaga hödürlän çeper eseriniň gahrymanlarynyň gylyk-häsiýetleri, durmuşda özlerini alyp baryşlary, eseriň gyzykly wakalary hakynda sapakda okuwçylar bilen gyzykly çekişmeler gurardy. Işjeň we gyzykly guralan sapaklar okuwçylarda türkmen dili we edebiýat sapagyna bolan gyzyklanma, söýgi dörederdi, olaryň dil baýlygyny ösdürerdi. Halypa mugallym okuwçylara ýat tutan goşgularyny sapakda labyzly aýtdyrardy, diňe goşgyny ýatdan aýtdyrmak bilen çäklenmezdi, ýörite bir depder tutduryp, şol goşgyny owadan, dürs ýazuw bilen depderine-de ýazdyrardy. Okuwçysy haýsy harpy dogry ýazmasa, tä şony dürs ýazýança depderde gaýta-gaýta ýazdyrardy. Bu usul bolsa okuwçylaryň dürs ýazuw endiklerini ösdürerdi. Biziň maşgalamyzda Ata Akbäbäýewiň ady köp agzalardy, ol diňe biziň däl, eýsem, ýüzlerçe, müňlerçe maşgalalarda hormat bilen ýatlanandyr. Mugallymyň okuwçylary diňe sapagyna däl, durmuş ýoluna taýýarlaýşy, olarda ata Watana, ene topraga, tebigata, hormatly Prezidentimize bolan çuňňur söýgini terbiýeleýşi-de nusgalykdy. Ata Akbäbäýew köp ýyllaryň dowamynda mekdepde türkmen dili we edebiýat mugallymy bolup çagalara bilim we terbiýe berdi. Ömrüniň soňky ýyllarynda bolsa ol bilim edaralarynda mugallymlaryň halypasy bolup işledi. Halypa mugallym bilen bilim ulgamynda egindeş bolup işlemek maňa-da miýesser etdi. Mekdepleriň türkmen dili we edebiýat mugallymlaryna usuly maslahata gelerdi. 2008-nji ýylda mekdebimiziň türkmen dili we edebiýat mugallymlarynyň sapaklaryna gatnaşyp, okuwçylaryň bilim derejesini öwrenmek üçin barlagnama alypdy. Halypa bu barlagyň netijesi boýunça mugallymlara ussatlyk bilen baha beripdi, hatda kemçiliklerinem göwünlerine degmän bahalandyrmagy mugallymlary haýran galdyrypdy. Hawa, biz şeýle halypa mugallymlaryň mekdebini geçdik. Ata Akbäbäýew Mary welaýatynyň bilim işgärleriniň hünär kämilleşdiriş usuly merkezinde mugallymlara sapak berende şeýle diýerdi: «Mugallym, iş wagty gutarandan soň, öz ýadawlygyny duýýan bolsa, ol hakyky mugallymdyr». Sapak beren wagty mugallymlar durky bilen onuň gürrüňlerini, maslahatlaryny, ylmy garaýyşlaryny diňlärdiler. Halypanyň mugallymlara ýüzlenip aýdan pent-nesihatlary köpleriň kalbynda galdy: «Mugallym çagany kalby bilen ýetişdirýän ynsandyr», «Okuwçylaryň, ilkinji nobatda, mugallymyň adamkärçilik sypatyna, soňra hünär derejesine baha kesýändiklerini unutmaly däldiris». Ata Akbäbäýew 7 — 8-nji synplar üçin «Türkmen dili», «Mukaddes ojak» kitaplarynyň, şeýle-de 100-den gowrak ylmy-usuly makalalaryň ýazary bolup, ol ýaş nesli terbiýelemekde uly goşant goşan zehinli mugallym, ömrüni bilim ulgamyna bagyş eden halypa hökmünde tanalýar. «Ýylyň mugallymy — 1991» bäsleşiginiň ýeňijisi bolan halypa mugallym döredijilikli zähmeti üçin ýokary hünär derejesiniň — «Türkmenistanyň at gazanan bilim işgäri» diýen hormatly adyň eýesi boldy. Mähriban mugallymy, tejribeli halypany bu günki gün ýaş nesiller uly hormat bilen ýatlaýar. Halypa Ata Akbäbäýewiň okadan okuwçylary häzirki wagtda dürli käriň eýeleri bolup, ýurdumyzyň ähli pudaklarynda zähmet çekýärler. Olar hem halypa mugallymy hormat bilen ýatlaýarlar, onuň beren gymmatly maslahatlaryny durmuşda, işde pugta berjaý edýärler. Bilim ulgamynda döredijilikli we yhlasly zähmet çeken halypa mugallymlar hormat bilen ýatlanylýar. Bilim ulgamyny wagyz etmäge giň mümkinçilikleri döredýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza tüýs ýürekden buýsanjymyzy beýan edýäris. Goý, Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, il-ýurt bähbitli beýik işleri rowaçlyklara beslensin! Tuwak ANNAKULYÝEWA, Türkmenistanyň Milli bilim institutynyň jemgyýetçilik bilimleri bölüminiň uly ylmy işgäri.
Mugallym bilim we terbiýe bermegiň usulyýetçisidir
Ýaşamak üçin eşretlere baý, işlemek üçin bolsa giň mümkinçilikler döredilen bu ajaýyp döwrümizde Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň saýasynda mugallymlar jemgyýetimiziň iň hormatlanýan ynsanlarydyr. Watanymyzyň geljegini kepillendirýän bilimli, terbiýeli, watansöýüji ýaş nesilleri terbiýelemek bolsa iň mukaddes kär. Bu mukaddes käriň hakyky eýesi bolmak, ýagny bilim bermek bilen bir hatarda, mynasyp nesilleri terbiýelemek, her bir okuwçynyň kalbynda Watanyna, halkyna, ata-enesine bolan çäksiz hormaty kemala getirmek mugallym üçin uly bagtdyr. Mugallym we mugallymçylyk käri barada geçmişde birnäçe alymlar öz dana pikirlerini galdyrypdyrlar. Meşhur pedagog Rudolf Ştaýner Gýote mugallymçylyk käri barada şeýle diýýär: «Okatmak tejribämiň kömegi bilen men adamyň ruhunyň we bedeniniň arasyndaky baglanyşyga düşündim. Terbiýe hem-de okatmak adama düýpli düşünmäge esaslanýan sungat bolmalydyr». Diýmek, mugallym çaga sowat öwretmek we ony terbiýelemek bilen bir hatarda, adama düşünmegiň hem inçe syrlaryny ele alýar. Mugallym okuwça öwredýär, öwredýän zatlarynyň üsti bilen oňa terbiýe berýär. Öwredýärkä mugallym okuwçynyň düşünjesini, ýatkeşligini, ukybyny, höwesini, häsiýetini, içki dünýäsini, pikirlenişini, garaýşyny öwrenýär. Okuwçynyň kalbyna düşünmegi başarýar. Biri-birine düýpgöter meňzemeýän okuwçy häsiýetleriniň her biriniň aýratynlyklaryny öwrenýär. Olara düşünmegi, olar bilen işlemegi başarýar. Her bir okuwçynyň häsiýetine, ukybyna görä iş salyşmak tärini ele alýar. Ýyllara sepleşýän iş tejribe okatmagyň we terbiýelemegiň, adama düşünmegiň sungatydygyny subut edýär. Muňa pedagogika ylmynyň taryhy hakyndaky çeşmeler hem şaýatlyk edýär. «Mugallymlar gazeti» gazetiniň 2011-nji ýylyň 16-njy dekabryndaky sanynyň «Pedagogika — gadymy hem müdimi ylym» sahypasynda berlen maglumatlar, makalalar ünsümi çekdi we şu makalany ýazmagyma sebäp boldy. «Alymlara uýsaň» atly mugallymlar we terbiýeçiler hakyndaky dana sözler has hem özüne çekiji. Mugallymyň kalbyna ornaýjak pikirler. Gahryman Arkadagymyzyň «Älem içre at gezer» atly kitabynda şeýle bellenilýär: «Mugallymyň sözlerinde-de, özüni alyp barşynda-da sap ýüreklilik bolmalydyr, galplyga, ýasamalyga orun bolmaly däldir. Çagalaryň gözüniň alnynda birje gezek galp aýdan adam olaryň öňünde hemişe ýalançy adam bolup galar». Şeýle çuňňur manyly dana sözler mugallymçylyk käriniň ýörelgesidir. Pedagogikany öwrenmek we onuň gazananlaryny pedagog hökmünde iş tejribäňde durmuşa ornaşdyrmak, kalbyňda adama düşünmek höwesini duýmak, hyýalyňda pedagogik garaýyşlary götermek, aňyňda pedagogik pikirleri aýlamak mugallyma ruhy lezzet berýär. Şeýle bolanda, mugallym hemişe okadýan okuwçylary bilen ýaşaýar. Mugallymçylyk juda özüne çekiji kär, okatmak we terbiýelemek juda özüne çekiji sungat. Okuwçysy köp bolsun, az bolsun parhy ýok, mugallym her bir okuwçyny içgin tanaýar. Onuň häsiýetini, şahsy aýratynlyklaryny, töweregine täsirini, göreldesini, içki dünýäsini bilýär. Okuwçydaky ähli häsiýetleri, endikleri mugallym olara öwredýärkä öwrenýär. Mugallym bilim we terbiýe berýärkä, öwrenmek üçin ömrüni sarp etmeli, agtaryp kitap gatlaryny okamaly, sungaty, ýagny adama düşünmegiň sungatyny ele almaly. Ine, şonda adamynyň dünýägaraýşyna düşünýär, okuwçyny milli ruhda terbiýeleýär. Çünki pedagogik nukdaýnazardan terbiýe we okatmak adama düşünmegiň sungatydyr. Bazargül ANNAÝEWA, Saparmyrat Türkmenbaşy etrabyndaky 93-nji orta mekdebiň mugallymy.
Ýokary hilli harytlar
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda täze 2026 — 2027-nji okuw ýylyna ýurdumyzyň ähli ýerlerinde guramaçylykly taýýarlanylýar. Ýurdumyzdaky bazarlaryň, uly söwda nokatlarynyň ýanynda ýokary derejede guralan mekdep bazarlary şu günler has-da köp adamly. Bu ýerde mekdep okuwçylary, talyp ýaşlar üçin zerur okuw esbaplarynyň örän köp görnüşleri bar. Mekdep bazarlaryndaky haryt bolçulygyny göreniňde, ýurdumyzyň ähli künjeklerinde täze okuw ýylyna uly taýýarlyk görülýändiginiň şaýady bolýarsyň. Mekdep okuwçylary ata-eneleri bilen bu ýere gelip, okuw esbaplaryny, mekdep lybaslaryny isleglerine we ýaş aýratynlyklaryna görä saýlap-seçip alýarlar. Satuwa çykarylan döwrebap hem-de ýokary hilli okuw esbaplary, milli biçüwde tikilen okuwçy lybaslary alyjylaryň göwnüne diýseň ýaraýar. Paýtagtymyz Aşgabatda, Arkadag şäherinde we welaýat merkezlerinde, etraplarda, şäherlerde ýokary derejede guralan mekdep bazarlary köp adamly bolup, bu ýerdäki harytlaryň alyjylaryň islegini kanagatlandyrmagy esasy talapdyr. Halkyň islegleriniň häzirki ösen döwründe olaryň göwnüne laýyk harytlary hödürlemek, olara ýokary hilli, göwnejaý hyzmat etmek möhüm wezipedir. Ýurdumyzyň hususy telekeçileriniň hem öz ýöriteleşdirilen dükanlarynda okuw esbaplarynyň we mekdep lybaslarynyň söwdasyny göwnejaý guramaklary mekdep bazarynyň köpugurly guralmagyna oňyn täsir edýär. Bu ýerdäki ýokary hilli harytlar hem örän elýeterliligi hem-de köpdürlüligi bilen tapawutlanýar. Mekdep bazarlarynda alyjylara hödürlenilýän harytlaryň aglabasynyň öz ýurdumyzda öndürilýändigi guwandyryjydyr. Türkmen döwlet neşirýat gullugy tarapyndan «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» we Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllygynyň nyşan belgisi bilen okuwçylara niýetlenip çykarylan depderler, gündelikler we beýleki zerur okuw esbaplary amatlylygy, ajaýyp bezegi bilen tapawutlanýar. Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrliginiň kärhanalarynda öndürilen okuwçy lybaslary hem uly-kiçi — hemmeleriň göwnüne ýaraýar. Altyn SARYÝEWA, «Mugallymlar gazeti».
Batly gadamlar bilen
Täze, 2026 — 2027-nji okuw ýylyna bilim edaralaryny taýýarlamak babatda Lebap welaýatynyň Türkmenabat şäherindäki ýöriteleşdirilen 29-njy orta mekdepde hem netijeli işler alnyp barylýar. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýaş nesliň döwrebap we hemmetaraplaýyn bilim-terbiýe almaklary üçin mekdebiň okuw otaglarynda, dälizlerinde, sport zalynda we beýleki goşmaça otaglarynda abatlaýyş-bejeriş işleri geçirildi. Täze okuw ýylynyň netijeleri geçirilen abatlaýyş-bejeriş we taýýarlyk işleriniň hiline bagly bolup durýar. Täze okuw ýylyna taýýarlyk işlerini göwnejaý alyp barmakda arassaçylyk-abadanlaşdyryş işleri ýola goýulýar. Şeýle hem mekdepdäki döwrebap enjamlar, görkezme esbaplary gözden geçirilýär. Mekdebiň okuw otaglarynda döwrüň talabyna laýyklykda, okuwçylaryň alan bilimlerini, şonuň ýaly-da, ukyp-başarnyklaryny has-da artdyrmak maksady bilen, multimedia tagtalarynyň saz işleýşi üpjün edildi. Informatika otaglaryndaky bar bolan kompýuterler hem gözden geçirildi. Täze okuw ýylyna okuw-görkezme esbaplarynyň, bilim berijilik ähmiýetli diwarlyklaryň taýýarlanylyşyna uly üns berildi. Enejan JORAÝEWA, Türkmenabat şäherindäki ýöriteleşdirilen 29-njy orta mekdebiň müdiriniň okuw işleri boýunça orunbasary.
Netijeli işler alnyp barylýar
Häzirki wagtda ýurdumyzyň ähli bilim-terbiýeçilik edaralarynda, hususan-da, umumybilim berýän orta mekdeplerde täze okuw ýylyna taýýarlyk işleri göwnejaý alnyp barylýar. Etrabymyzdaky orta mekdepleriň mugallymlary we beýleki işgärler topary hem täze okuw ýylyna taýýarlanmagy irgözinden göreldeli ýola goýdular. Täze okuw ýylyna taýýarlyk işleriniň tutuş okuw ýylynyň dowamynda alnyp barylýan işleriň netijeliliginde möhüm ähmiýeti bardyr. Bu babatda öňde goýlan wezipeleri durmuşa geçirmek üçin etrabymyzyň bilim-terbiýeçilik edaralarynda täze okuw ýylyna ykjam taýýarlyk işleri alnyp barylýar. Mekdepleriň binasynyň we synp otaglarynyň abatlaýyş işleriniň ýokary hilli bolmagy barada alada edilýär. Etrap bilim bölümi, öz gezeginde, öňde duran täze, 2026 — 2027-nji okuw ýylyna uly taýýarlyk bilen gelýär. Täze okuw ýylyna taýýarlyk görmegiň çäklerinde etrabymyzdaky umumybilim berýän orta mekdepleriň 29-synda, şeýle hem mekdebe çenli çagalar edaralarynyň 28-sinde, Çagalar we ýetginjekler döredijilik öýünde degişli abatlaýyş we bezeg işleri geçirildi. Orta mekdepleriň iş we synp otaglarynda, çagalar baglarynyň oýun hem-de ýatylýan otaglarynda, sport we mejlisler zallarynda, aşhanalarynda ýeňil abatlaýyş işleri talabalaýyk geçirildi. Meretgeldi TÄÇMÄMMEDOW, Gyzylarbat etrap bilim bölüminiň müdiri.
Mekdep bazarlarynda söwda gyzyşýar
Bazar — şüweleňli mekan. Islendik bazaryň hem şüweleňi ýetik welin, Täze ýyl baýramynyň ýa-da täze okuw ýylynyň öň ýanynda olarda gyzgalaňly söwda has artýar. Täze okuw ýylynyň öňüsyrasynda, has dogrusy, awgust aýynda ýurdumyzyň çar künjegindäki söwda nokatlarynda mekdep bazarlarynyň işi ýola goýuldy. Mekdep bazarlarynda okuw esbaplarydyr beýleki dürli harytlary, şol sanda okuwçy lybaslaryny, kagyzdyr galam, ýazuw, surat, çyzuw depderleri, kitapdyr depderdaşylar, çyzgyç, bozguç, sirkul, ýantorba, sport geýimleridir aýakgaplary ýaly köp görnüşli önümleri synlap, olaryň bolçulygyna guwanýarsyň. Bahasy amatly, hili ýokary bu önümleriň birini alyp, beýlekisini goýar ýaly däl. Şoňa görä-de, hemmesi-de gerekli mekdep harytlaryna bolan islegler diňe artmak bilen. Alyjylara hödürlenilýän okuwçy lybaslarynyň ýokary hilli gönden, matalardan tikilen, ekologiýa taýdan arassa aýakgaplardyr geýim-gejimler bolmagy her bir müşderini kanagatlandyrýar. Olaryň öz ýurdumyzyň döwlet we hususy eýeçilige degişli kärhanalarynda öndürilen döwrebap önümlerdigi aýratyn bellärliklidir. Meselem, «Gerçek» hususy kärhanasynda öndürilen, mekdep okuwçylaryna niýetlenen köwüşler, torbalar, sport aýakgaplary, «Röwşen» hususy kärhanasynyň bazara çykaran, arassa gönden tikilen aýakgaplary, bilguşaklary, «Ýeňiş» tikin fabriginiň erkek adamlara, şol sanda ýaş oglanlara niýetläp, nah matadan taýýarlan göze gelüwli, owadan biçüwli köýnekleri alyjylaryň — mekdep okuwçylarydyr olaryň ene-atalarynyň ösen isleglerini doly kanagatlandyrýar. Ýurdumyzyň Dokma senagaty ministrligine degişli kärhanalarda öndürilen matalardan taýýarlanan, okuwçy gyzlar üçin niýetlenen mekdep lybaslary, sport geýimleri hem uly höwes bilen satyn alynýar. Şeýle şüweleňli söwdalar welaýatyň diňe bir Mary, Baýramaly şäherlerinde däl, ähli etrap merkezlerinde guralan mekdep bazarlarynda-da gyzgalaňly dowam edýär. Täze okuw ýylyna taýýarlyk görülýän günlerde giňden ýaýbaňlandyrylan bazarlara baryp, eden söwdasyndan göwni hoşal bolup gaýdýan mekdep okuwçylary-da, talyplar-da, olaryň ene-atalary, hossarlary-da ýaş nesilleriň dünýä ülňülerine laýyk, döwrebap bilim almaklary, Watanymyza, halkymyza gerekli kämil hünärmenler bolup ýetişmegi, sport bilen meşgullanyp, saglygyny berkitmegi babatda edýän taýsyz tagallalary üçin Gahryman Arkadagymyza hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyza egsilmez alkyş aýdýarlar. Welmuhammet GALANDAROW. (Öz habarçymyz). Surata düşüren Şamyrat AMADOW.
Интеллектуальный фундамент созидания
В эру Возрождения новой эпохи могущественного государства под мудрым руководством Президента Сердара Бердымухамедова и благодаря всестороннему содействию Национального Лидера туркменского народа, Председателя Халк Маслахаты Гурбангулы Бердымухамедова в стране осуществляется масштабная модернизация научно-образовательной системы. Интеграция в глобальное академическое пространство и развитие международной образовательной дипломатии выступают стратегическими приоритетами государственной политики, нацеленной на подготовку высококвалифицированных кадров, способных обеспечить инновационный прорыв во всех отраслях экономики. Важнейшими инструментами реализации этой стратегии выступают расширение международной практики специалистов, участие молодёжи в программах ведущих мировых центров, а также обеспечение учебных заведений литературой нового поколения. В 2026 году активный вектор туркмено-германского научно-технического диалога и выпуск новых профильных пособий Туркменской государственной издательской службой стали ярким свидетельством того, что в стране создаётся прочный интеллектуальный фундамент для будущих созидателей Отчизны. Цифровизация промышленного сектора Делегация туркменских специалистов завершила интенсивную научно-исследовательскую стажировку в Техническом университете Клаусталя (Федеративная Республика Германия). Образовательная программа была посвящена практическому внедрению искусственного интеллекта в промышленный сектор, современным методам сокращения выбросов метана и интеграции возобновляемых источников энергии (ВИЭ). Обучение было организовано в рамках проекта «Европейский Союз за «зелёное» развитие Туркменистана: политический диалог и климатические действия на 2024–2029 годы», реализуемого Германским обществом по международному сотрудничеству (GIZ) совместно с Европейским Союзом. В состав туркменской делегации вошли представители ключевых профильных ведомств и ведущих вузов страны: преподаватели Международного университета нефти и газа имени Ягшыгелди Какаева и Государственного энергетического института Туркменистана, а также специалисты Министерства энергетики Туркменистана и Научно-исследовательского института природного газа Государственного концерна «Türkmengaz». Основная цель визита – освоение передовых цифровых инструментов и экологических технологий для последующей модернизации энергетического сектора Туркменистана в соответствии с глобальными климатическими целями. Программа обучения охватила фундаментальные принципы искусственного интеллекта и машинного обучения. Участники изучили методы обработки и нормализации данных, позволяющие выявлять неисправности в производственных процессах и прогнозировать их развитие. Особое внимание было уделено применению нейронных сетей для оптимизации производства и цифровизации нефтегазовой отрасли. На базе лабораторий Технического университета Клаусталя туркменские специалисты провели научно-исследовательскую работу, фокусом которой стали контроль целостности скважин и современные методы глубокого и наклонно-направленного бурения. Другим важным блоком стало моделирование работы фотоэлектрических установок с использованием алгоритмов ИИ. Применение интеллектуальных систем позволяет с высокой точностью прогнозировать выработку энергии, что критически важно для эффективной интеграции солнечных электростанций в общую энергосистему страны. Также в числе приоритетных направлений стажировки – технологии обнаружения и сокращения выбросов метана. Участники изучили современные подходы к мониторингу и минимизации потерь ресурсов. Практическое применение этих решений в будущем позволит повысить экологическую эффективность производств в Туркменистане. Помимо теоретических и лабораторных занятий, программа предусматривала посещение промышленных объектов Германии. Туркменская делегация ознакомилась с работой завода по переработке серосодержащего газа, а также ветровых и солнечных электростанций. Наглядное знакомство с действующими объектами помогло специалистам изучить специфику эксплуатации «зелёных» технологий в промышленных масштабах. Стажировка в Техническом университете Клаусталя стала значимым этапом в профессиональном развитии туркменских специалистов. Полученные знания заложили основу для реализации инновационных проектов на национальном уровне, а также укрепили научно-техническое сотрудничество между Туркменистаном и Германией, открыв новые перспективы для совместной работы. Освоение международных практик В рамках реализации государственной политики по развитию научно-образовательного сотрудничества студентка четвёртого курса факультета международных экономических отношений Института международных отношений МИД Туркменистана Мяхри Гузычиева приняла участие в летней языковой программе «Hochschulsommerkurse» в Германии. Поездка стала возможной благодаря победе представительницы Туркменистана в конкурсном отборе на получение гранта Германской службы академических обменов (DAAD). Этот успех подтверждает высокий уровень подготовки кадров в ИМО МИД страны и указывает на признание академических достижений туркменской молодёжи на международном уровне. Программа «Hochschulsommerkurse» ежегодно объединяет участников из более чем 150 стран мира. Для Туркменистана присутствие на площадках такого масштаба – это не только возможность совершенствования языковых навыков студентов, но и важный элемент образовательной дипломатии, способствующий продвижению национальных интересов и укреплению межгосударственного диалога. Учебный курс Мяхри Гузычиевой ориентирован на интенсивное освоение академического письма, развитие навыков профессиональной коммуникации и углублённое изучение немецкой лингвистики. Отдельный акцент сделан на страноведении: изучении общественно-политического устройства, экономической модели и социального развития Германии. Руководство ИМО МИД Туркменистана уделяет приоритетное внимание интеграции учащихся в глобальное научно-образовательное пространство. Подобные практики позволяют будущим дипломатам и экономистам овладевать иностранными языками на экспертном уровне и перенимать передовой опыт для его последующего применения на благо родной страны. Академический процесс дополнен насыщенной культурно-просветительской программой. Посещение исторических центров, музеев и государственных учреждений Германии способствует формированию у студентов целостного представления о европейских политических и культурных процессах. Погружение в многонациональную среду помогает налаживать профессиональные контакты и укреплять дружественные связи между народами. В свою очередь, успешное участие туркменских студентов в проектах подобного уровня подтверждает эффективность национальных реформ в сфере науки и образования. Для реализации творческого потенциала Духовное развитие народа невозможно без сохранения и приумножения богатейшего музыкального наследия. Пособие «Хороведение» (автор Б.Бердиев) для специализированных музыкальных школ страны призвано стать методологической базой для воспитания творческой молодёжи. Выпуск издания является наглядным свидетельством того, что в Туркменистане созданы все условия для реализации творческого и научного потенциала молодёжи. Государство уделяет пристальное внимание тому, чтобы каждый студент имел доступ к передовым знаниям, основанным на принципах гуманизма, патриотизма и профессионализма. Сегодняшние студенты, опираясь на качественную учебную базу, завтра станут архитекторами новых достижений нашей страны. Обеспечивая отрасли экономики и социальной сферы компетентными специалистами, Туркменистан уверенно движется по пути прогресса, укрепляя свой статус как государства с мощным интеллектуальным потенциалом. Новые учебные пособия станут надёжными спутниками молодёжи на пути к профессиональным вершинам, во имя процветания суверенной Отчизны и благополучия нашего народа. Гозел ДЖАПБАРОВА, «НТ».
Стратегический ориентир развития национального образования
В преддверии главного государственного праздника – Дня независимости – особое общественно-политическое значение приобретает подготовка к очередному заседанию Халк Маслахаты Туркменистана. В соответствии с Постановлением Президиума Халк Маслахаты оно состоится 23 сентября 2026 года в Ашхабаде, во Дворце «Maslahat köşgi». Нынешнее заседание проходит в год 35-летия независимости нашей страны, что придаёт ему особую историческую значимость. Как подчеркнул Национальный Лидер туркменского народа, Председатель Халк Маслахаты Туркменистана Герой-Аркадаг, на общенациональном форуме предстоит подвести итоги достигнутых рубежей и проделанной работы, а также, исходя из требований времени, обсудить важные задачи дальнейшего развития государства. Сама традиция проведения заседаний Халк Маслахаты накануне Дня независимости глубоко символична. Независимость – это не только важнейшая политико-правовая ценность и прочная основа нашей государственности. Это, прежде всего, возможность самостоятельно определять стратегию национального развития, формировать собственную модель общества, исходя из исторического опыта народа и одновременно учитывая современные мировые тенденции. Именно поэтому на заседаниях Халк Маслахаты вопросы достигнутых успехов неизменно рассматриваются во взаимосвязи с задачами будущего. И если посмотреть на принятые в последние годы решения с точки зрения развития образования и науки, становится очевидно: общенациональный форум выступает важнейшим механизмом определения долгосрочных ориентиров формирования интеллектуального потенциала страны. Особенно наглядно эта закономерность проявилась на заседании Халк Маслахаты 24 сентября 2023 года. В выступлении уважаемого Президента Туркменистана Сердара Бердымухамедова развитие образования рассматривалось не обособленно, а в прямой связи с задачами технологического и социально-экономического прогресса государства. Глава государства отметил, что стремительное развитие науки и техники, появление новых технологий и активная интеграция Туркменистана в мировое образовательное пространство требуют модернизации методики преподавания. В этой связи была поставлена конкретная задача – разработать Концепцию, призванную привести методику дошкольного, начального, основного среднего и полного среднего, внешкольного и дополнительного образования в соответствие с национальным опытом, государственными и международными образовательными стандартами. Принципиально важно, что данное предложение получило практическое продолжение уже в следующем году. 25 мая 2024 года Президент Туркменистана утвердил Концепцию совершенствования методики обучения по общеобразовательным программам в Туркменистане до 2028 года и План мероприятий по её реализации. Таким образом, задача, сформулированная с трибуны Халк Маслахаты, менее чем за год приобрела форму конкретного программного документа. Это один из ярких примеров того, каким образом решения общенационального форума становятся составной частью последовательной государственной политики. Концепцией предусмотрено изучение передового международного опыта, совершенствование содержания и методов обучения, формирование необходимых компетенций учащихся, внедрение современных информационных механизмов управления образованием. Однако значение заседания 2023 года для сферы образования и науки этим не ограничивается. Аркадаглы Герой Сердар поставил тогда задачу разработки Стратегии развития сферы науки в Туркменистане на 2024–2052 годы. Особое внимание было уделено взаимодействию Академии наук, научно-исследовательских институтов, научных центров высших учебных заведений и производственных предприятий, подготовке специалистов научно-технического, инженерного и управленческого профиля. Тем самым в центре внимания оказался один из важнейших вопросов современной экономики – превращение знаний и научных разработок в реальный ресурс технологического развития. 24 сентября 2024 года, непосредственно в день очередного заседания Халк Маслахаты, Президент Туркменистана утвердил Стратегию развития сферы науки в Туркменистане на 2024–2052 годы и План мероприятий по её реализации на 2024–2028 годы. Этот документ закрепил долгосрочный характер государственной политики в данной области и определил ориентиры на десятилетия вперёд. Важнейшее значение при этом имеет последовательное укрепление взаимосвязи науки, образования и производства – именно той триады, без которой сегодня невозможно обеспечить инновационное развитие современной экономики. В числе направлений, для которых предстояло подготовить долгосрочные стратегии, было определено высшее образование. Сегодня можно оценить практический результат этой инициативы. 17 октября 2025 года уважаемый Президент Туркменистана Сердар Бердымухамедов подписал Постановление, которым утверждены Стратегия развития высшего профессионального образования в Туркменистане на 2026–2052 годы и План мероприятий по её реализации на 2026–2030 годы. В числе целей документа – повышение престижа отечественных учебных заведений, обеспечение международной конкурентоспособности системы высшего профессионального образования, дальнейшее комплексное совершенствование деятельности вузов и системы управления ими. Стратегия ориентирована на использование передовых методов обучения, цифровых технологий, совершенствование механизмов планирования с учётом потребностей экономики и рынка труда. Таким образом, формируется вполне определённая последовательность: «заседание Халк Маслахаты – постановка стратегической задачи – разработка соответствующего программного документа – его утверждение – практическая реализация». В отношении образования эта последовательность особенно показательна. От совершенствования школьной методики государственная политика логично переходит к развитию науки, далее – к долгосрочной модернизации высшего профессионального образования и укреплению связи между подготовкой кадров и потребностями национальной экономики. Эта логика получила дальнейшее развитие и на заседании Халк Маслахаты прошлого года. Уважаемый Аркадаглы Герой Сердар особо остановился на необходимости подготовки в стране высококвалифицированных специалистов международного уровня. Президентом была поставлена конкретная задача разработать порядок перспективного планирования потребности в кадрах совместно Министерством образования, Министерством труда и социальной защиты населения, Министерством финансов и экономики. На основе соответствующих прогнозов должно осуществляться формирование государственного заказа на приём в учреждения профессионального образования. Значимость этого решения трудно переоценить. Современная система образования не может развиваться исключительно за счёт расширения количества образовательных программ. Её эффективность определяется тем, насколько подготовка специалистов отвечает реальным и перспективным потребностям экономики. Индустриализация, цифровизация, развитие транспортно-коммуникационной инфраструктуры, энергетики, сельского хозяйства, медицины, информационных технологий и других отраслей требуют специалистов новых компетенций. Следовательно, образовательная политика всё теснее связывается с долгосрочным экономическим планированием. Именно такой подход позволяет рассматривать расходы государства на образование не только как важнейшую социальную составляющую, но и как инвестиции в человеческий капитал и будущую конкурентоспособность страны. Примечательно, что уже в 2026-2027 учебном году в высших учебных заведениях Туркменистана открываются новые специальности, ориентированные на современные потребности отраслей экономики. Реализация Стратегии развития высшего профессионального образования становится тем самым частью текущей практической работы образовательной системы. В международном образовательном сотрудничестве Туркменистан также представляет положения новой Стратегии и подходы к подготовке кадров будущего. Вместе с тем образование в государственной стратегии Туркменистана имеет гораздо более широкое содержание, чем профессиональная подготовка. На заседаниях Халк Маслахаты последовательно подчёркивается единство обучения и воспитания. Выступая на общенациональном форуме минувшего года, уважаемый Герой-Аркадаг обратил особое внимание на значение национального наследия как своеобразной педагогической школы, способствующей воспитанию молодого поколения в духе любви к Отечеству, родной земле и труду, уважения к нравственным ценностям и историческому наследию народа. Наряду с предоставлением молодёжи современного образования Национальный Лидер туркменского народа отметил важность формирования национальной гордости, расширения знаний и мировоззрения молодого поколения. В этом заключается одна из характерных особенностей национальной образовательной модели: модернизация не означает отказа от исторической основы. Напротив, передовые технологии, международный опыт, современные методики преподавания и развитие науки органично соединяются с духовно-нравственным воспитанием, изучением языка, литературы, истории и культурного наследия. Именно образованный, профессионально подготовленный и вместе с тем глубоко осознающий ответственность перед Родиной человек способен стать активным участником созидательных преобразований. Поэтому историческое значение Халк Маслахаты для сферы образования определяется не одним отдельным решением. Оно заключается в формировании целостной системы приоритетов. В этом и заключается особая созидательная сила традиции общенационального совета: осмысливая достигнутое, государство и народ вместе обращают взгляд в будущее. И в этом будущем образование закономерно занимает одно из центральных мест – как надёжная основа подготовки высокообразованного, патриотичного, инициативного поколения, которому предстоит продолжить великие дела эры Возрождения новой эпохи могущественного государства. Аннасолтан НУРМУХАМЕДОВА, преподаватель Туркменского национального института мировых языков имени Довлетмаммета Азади.
Забота о подрастающем поколении
В преддверии нового 2026-2027 учебного года по всей стране развернулась масштабная торговая кампания, отражающая всестороннюю заботу о подрастающем поколении и реализующая принцип «Государство – для человека!». Для создания максимально комфортных условий для жителей вблизи крупных торговых центров и рынков, а также в жилых массивах организованы специализированные школьные базары и передвижные торговые точки. Это обеспечивает шаговую доступность качественных школьных товаров для каждой семьи. Особое место на прилавках занимает продукция туркменских предприятий, что демонстрирует колоссальный успех национальной текстильной промышленности и индустрии товаров народного потребления. Отечественные товары, отличающиеся экологической чистотой, прочностью и эстетичностью, полностью отвечают высоким международным стандартам. Для учащихся предлагается богатый ассортимент одежды: зелёные жакеты и платья с национальной вышивкой, а также костюмы, рубашки и практичная спортивная форма. Разнообразный выбор школьных ранцев, обуви и канцелярских принадлежностей – от тетрадей до учебных пособий – также представлен товарами местного производства, что говорит об укреплении экономической независимости страны и успешной реализации программ импортозамещения. Централизованно сформированные торговые зоны успешно функционируют на территории таких крупных рынков, как «Altyn Asyr», «Gülüstan». Высокий уровень организации торговли позволяет родителям в спокойной и комфортной обстановке подготовить детей к началу занятий. Школьные базары в Туркменистане – это не просто торговые площадки, а важный социальный институт, призванный гарантировать достойный старт учебного года для каждого ребёнка. Своим мнением поделилась Лале Гельдыева, жительница города Ашхабад: «В нашей семье шестеро детей, трое из которых учатся. Подготовка к новому учебному году для нас – это всегда волнительное и радостное время. В этом году школьные ярмарки приятно радуют своим обновлённым форматом: продуманный дизайн, удобная организация и эстетичный вид торговых площадок делает поход за покупками настоящим праздником. Замечательно, что такие базары открылись во всех торговых комплексах столицы, что создаёт максимальные удобства для родителей. Мы, например, с удовольствием сделали покупки на рынке «Altyn Asyr». Доступность цен в сочетании с высоким качеством товаров служит залогом социальной защищённости граждан, что является ключевым показателем эффективности проводимых в стране социально-экономических преобразований. Такой комплексный подход делает школьные ярмарки ярким символом созидания и уверенного движения страны вперёд. Повсеместная готовность к новому учебному году вселяет в родителей чувство уверенности, а в юных туркменистанцев – вдохновение и стимул для новых свершений и отличной учёбы. Благодаря постоянным усилиям главы государства в стране созданы все возможности для того, чтобы каждый ребёнок имел доступ к качественному образованию. Внимание к подрастающему поколению и создание для них комфортной среды – это фундамент, на котором базируется процветание независимого нейтрального Туркменистана. Гозел ДЖАПБАРОВА, «НТ». Фото Алексея ГИМАЛЕТДИНОВА
Сокровищница мировой науки
Впитав в себя традиции великих цивилизаций прошлых эпох, туркменская земля с давних времён являлась не только важным связующим звеном на Великом Шёлковом пути, но и крупнейшим центром формирования мировой науки, философии и культуры. Знаковым этапом этого масштабного процесса явилась работа знаменитой Академии Мамуна в Гургандже (ныне Куняургенч), обогатившая интеллектуальное наследие всего человечества. Исключительно важное значение духовному и научному наследию древнего города отводит Национальный Лидер туркменского народа Герой-Аркадаг, подчёркивая: «Гургандж, как и Мерв, славился своими богатыми библиотеками. В своё время здесь действовала известная всему Востоку Академия Мамуна, оставившая неизгладимый след в истории мировой науки». Приведённые слова чётко отражают исторический факт того, что именно здесь, в самом сердце Востока, веками ковались основы мировой исследовательской мысли, просвещения и гуманизма. На рубеже X–XI веков Гургандж превратился в настоящую научно-философскую столицу региона. Хорезмшахи из династии Мамунидов – Мамун ибн Мухаммад и его сыновья Али ибн Мамун и Мамун ибн Мамун – отличались образованностью и создали уникальные условия для постижения истины. При их дворе сформировалось содружество выдающихся умов своего времени, вошедшее в историю как Академия Мамуна. В средневековых источниках сохранилась выразительная система оценок и сопоставлений, подчёркивающая высочайший уровень мыслителей, собравшихся в Академии Мамуна. В их числе – Абу Али ибн Сина (философия, медицина, естествознание), признанный современниками как прямой «наследник Аристотеля в философской мудрости, которая обнимает все науки»; Абу Сахл Масихи (медицина и философия) – наставник и соратник Ибн Сины, также названный «наследником Аристотеля»; Абу Наср ибн Ирак (точные науки, математика, астрономия) – племянник хорезмшаха, признававшийся «вторым после Птолемея»; Абул Хайр Хаммар (врачебное искусство и философия) – прославленный медик, оценивавшийся современниками как «третий после Гиппократа и Галена»; а также Абу Рейхан Бируни (астрономия, математика, геодезия) – учёный, способный по праву «заменить Абу Ма’шара и Ахмада б. ’Абд ал-Джалила». Среди плеяды учёных особая роль принадлежит великому мыслителю, врачу и философу Абу Али ибн Сине (Авиценне). Прибыв в Гургандж из Бухары около 1004 года, молодой, но уже признанный исследователь нашёл здесь идеальную среду для творческих поисков и научных изысканий. В Хорезме в это время правил хорезмшах Али ибн Мамун, который достойно продолжал традиции своего отца – Мамуна ибн Мухаммада. Заложенный отцом курс на всестороннюю поддержку просвещения и покровительство учёным привёл к небывалому расцвету науки в регионе. Однако ключевую роль в привлечении мыслителей сыграл его визирь – Ахмед ибн Мухаммад ас-Сухейли аль-Хорезми. Исторические источники характеризуют ас-Сухейли как «человека мудрого, учёного и с благородной душой», который страстно любил науку и покровительствовал людям знания. Именно ему Ибн Сина был представлен по прибытии в столицу хорезмшахов Мамунидов, обретя в лице визиря глубоко образованного единомышленника. Ибн Сина ответил на такое уважение продуктивным трудом и посвятил покровителю специальные сочинения – «Послание к шейху Абу л-Хасану ал-Сахли относительно химии» и «Послание по запутанному делу». Находясь на службе у хорезмшахов, учёные были избавлены от повседневных нужд, что позволяло им вести плодотворные «дружеские диспуты и интересную переписку». Именно в этой стимулирующей интеллектуальной среде Ибн Сина углубил свои медицинские и философские изыскания. Получив высокое покровительство и достойное материальное обеспечение, свободное от житейских забот, Ибн Сина полностью погрузился в исследовательскую работу. Внешний облик мыслителя того периода соответствовал статусу традиционного законоведа: он носил тайласан и чалму с заправленным под подбородок концом. В Гургандже Ибн Сина не прекращал активной клинической практики. Работа в лечебницах Гурганджа существенно обогатила его опыт, ведь он регулярно вёл наблюдение за состоянием пациентов и течением различных недугов. Накопленная врачебная практика сыграла ключевую роль в поиске эффективных лекарственных средств и точной диагностике сложных форм заболеваний. Именно в Гургандже он применил эти знания, исцелив тяжелобольную женщину с помощью джуланджубина (розомёда), рецепт которого подробно зафиксировал на страницах своего фундаментального «Канона врачебной науки». В книге сохранился и сам древний рецепт: свежие лепестки красной розы высушивали, разминали с очищенным мёдом и выдерживали в глиняных сосудах на солнце сорок дней. Этот клинический случай стал ещё одним доказательством высочайшего уровня медицины в Гургандже. Научные интересы Ибн Сины в Хорезме не ограничивались медициной и философией. В энциклопедическом труде «Книга исцеления» естествоиспытатель упоминает, что именно во время пребывания в Хорезме он проводил смелые физические опыты, пытаясь расплавить настоящий метеорит, исследуя природу внеземного вещества и границы температурного воздействия на металлы. Высокий авторитет и уважение правителей молодой Ибн Сина завоевал благодаря своему участию в острых научных дискуссиях. Гениальность 25-летнего юноши, легко опровергавшего устоявшиеся догмы, восхищала признанных мастеров и породила целую серию народных преданий. Преподанные в форме мудрых притч истории донесли до нас память о том, как на туркменской земле, в стенах этого исследовательского центра, вместе с фундаментальными открытиями закладывались основы академической этики. Одно из таких сказаний гласит, что почтенные учёные обратились к правителю с жалобой на «дерзость» Ибн Сины и потребовали ограничить его участие в академических меджлисах, дав ему право говорить лишь в самом конце заседаний. Однако Ибн Сина, обладавший блестящей логикой, сумел превратить эту непростую ситуацию в торжество научного разума. Во время одного из споров о том, кому должно принадлежать первенство в дискуссии – старшим по возрасту или наиболее знающим, – Ибн Сина предложил оригинальный математический расчёт. Он доказал оппонентам, что если вычесть из жизни человека время, проведённое в сонном забвении («малой смерти», по определению самих же аксакалов), то его бодрствующий, творческий возраст, полностью посвящённый неустанному чтению и исследованиям, ничуть не уступает жизненному пути убелённых сединами мудрецов. Венчала этот легендарный диспут знаменитая народная мудрость, произнесённая Ибн Синой: «Akyl ýaşda däl, başda» («Разум заключается не в годах, а в голове»). Молодой учёный подчеркнул, что Академия Мамуна – это не приют для заслуженных старцев, а арена для поиска объективной истины, где единственным критерием значимости мыслителя должны служить глубина мысли и доказательность аргументов. Хорезмшах Мамун, ценивший научную правду выше условностей, по достоинству оценил доводы Ибн Сины. Как повествует предание, именно этот случай послужил импульсом для составления особого свода правил – Устава Академии. В него вошли чеканные заповеди, не потерявшие актуальности и в наши дни: О учёный, будь благовоспитан!Слушай и ещё раз слушай!Вдохновляйся, но не теряй рассудка!Стремись говорить мало, но сказать многое!Дискутируй, но не проявляй упрямства!Пока не постигнешь сути, не верь слепо даже тому, что видят твои глаза! Творческое наследие Ибн Сины поражает своими масштабами и глубиной. За свою жизнь Ибн Сина создал более 450 научных трудов, из которых до нашего времени дошли 274 произведения. Его фундаментальные исследования охватывают 29 различных отраслей знания, что делает его одним из величайших энциклопедистов в истории человечества. Сохранившиеся труды учёного наглядно показывают широту его научных интересов: медицина – 43 книги; психология – 26 книг; физика и естествознание – 23 книги; логика – 19 книг; различные фундаментальные отрасли науки – 12 книг; эпистолярное наследие (научная переписка с учёными эпохи) – 8 книг; астрономия – 7 книг; филология и литературоведение – 4 книги; химия – 2 книги; математика – 1 книга; музыкальное искусство – 1 книга. Ещё при жизни Ибн Сина был удостоен следующих высоких титулов: Худжатул Хакк (Доказательство Истины), Шейх-ур-Раис (Глава мудрецов, старейшин, великий мыслитель), Пизишки, хаками бузург (Великий Исцелитель) и Шараф-ул-Мулк (Слава, гордость страны). В Европе Ибн Сина стал известен с XII века под именем Авиценна и был почётно титулован как «Наставник учёных», «Князь философии», «Князь врачей». Наследие мыслителя почитали и в Европе. Великий Данте в «Божественной комедии» выводит образ Авиценны наряду с Птолемеем, Евклидом, Гиппократом и Галеном, а титан эпохи Возрождения Микеланджело Буонарроти прямо подчёркивал: «Лучше ошибаться, поддерживая Галена и Авиценну, чем быть правым, поддерживая других». Период пребывания Ибн Сины в Гургандже стал временем истинного расцвета его гения и ярчайшим свидетельством высочайшего уровня науки в Академии Мамуна. Здесь, в атмосфере творческой свободы и поиска истины, формировались идеи, на века опередившие своё время. Точную оценку непреходящему значению наследия Авиценны формулирует уважаемый Президент Сердар Бердымухамедов, подчёркивая: «Произведения, научно-философские труды Абу Али ибн Сины, заслужившего статус лидера учёных Востока и корифея мыслителей Запада, представляют собой драгоценное сокровище, объединяющее прошлое с настоящим и будущим, являются гордостью всего человечества. Об этом в полной мере свидетельствует тот факт, что наследие этого знаменитого мыслителя Востока и великого человека, основоположника новой эпохи медицины всегда изучалось и изучается, и что его имя незабвенно вот уже тысячи лет». В эру Возрождения новой эпохи могущественного государства культурное и научное наследие Гурганджа обретает новое звучание. Памятники древней земли Туркменистана, хранящие память о великих гениях, выступают мостом между славным прошлым и гармоничным будущим. Традиции академической этики, стремление к знаниям и уважение к труду учёных, заложенные в стенах Академии Мамуна, продолжают оставаться ориентиром для современной науки, вдохновляя молодое поколение на новые открытия во имя процветания Отчизны. Ляле АЛЛАБЕРДИЕВА, преподаватель Педагогической школы имени Хыдыра Деряева, г.Мары.
Behişdi bedewleriň şan-şöhraty
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde ýurdumyzda uly ösüşler gazanylýar we jemgyýeti kämilleşdirmek ugrunda uly tagallalar edilýär. Watanymyzyň durmuş-ykdysady ösüşi maksatnamalaýyn esasda berkidilýär. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe milli gymmatlyklarymyz dünýä ýaýylýar, behişdi bedewlerimiziň şan-şöhraty has-da artýar. Türkmen halkynyň toý-baýramlary bedewler bilen berk baglanyşyklydyr. Halkymyz şatlykly gününde dabaraly toý tutup, at çapdyrypdyr. Ol bedew atyny özüne gardaş hasaplapdyr. Ahalteke bedewleriniň şöhraty dünýä ýaýrapdyr. Gahryman Arkadagymyzyň «Ahalteke bedewi — biziň buýsanjymyz we şöhratymyz», «Gadamy batly bedew», «Atda wepa-da bar, sapa-da» atly kitaplary ahalteke bedewlerine bagyşlanandyr. Bu ajaýyp eserlerde türkmen halkynyň baý medeni mirasyny, onuň atçylyk sungaty bilen bagly bolan gadymy däp-dessurlaryny dikeltmek we aýawly saklamak barada giňişleýin beýan edilýär. Gahryman Arkadagymyzyň nusgalyk kitaplary dünýä dilleriniň birnäçesine terjime edilip, türkmen bedewleri barada gyzykly maglumatlary öwrenmekde ylmy çeşmä öwrüldi. Türkmen halkynyň seýisçilik sungaty hem ýokary baha mynasypdyr. Häzirki döwürde öz gözbaşyny bäş müň ýyllyk taryhdan alyp gaýdýan arassa tohumly ahalteke bedewleri bilen baglanyşykly atçylyk sungatynyň milli ýörelgelerini we däp-dessurlaryny gaýtadan dikeltmek, täze many-mazmun bilen baýlaşdyrmak we ösdürmek, ýaşlary atçylyk sporty bilen meşgullanmaga işjeň çekmek, şeýle hem bedewlerimizi bütin dünýäde wagyz etmek boýunça uly işler durmuşa geçirilýär. Altyn-kümüş şaýlar bilen bezelen bedewler toý-baýramyň hem gelşigi bolupdyr. Özüniň milli medeni mirasy bilen tutuş dünýäniň ösüşine mynasyp goşandyny goşan türkmen halkynyň baý medeniýetini, sungatyny ylmy esasda öwrenmeklige giň mümkinçilikler döredildi. Türkmen halky müňýyllyklaryň dowamynda umumadamzat bähbitli, naýbaşy gymmatlyklary döredip bilen halk. Şol milli gymmatlyklaryň biri-de türkmeniň uçar ganaty, toýly günde göwün hoşy, halk zehininiň mähek daşy, gözelligiň göwher gaşy bolan ahalteke behişdi bedewlerimizdir. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe milli gymmatlygymyz bolan ahalteke atlarymyzyň sarpasy belent tutulyp, olara goýulýan hormat has-da artdy. Halk döredijilik eserlerinde hem milletiň ruhy dünýäsinde uly orun eýelän bedewiň keşbi çeper beýan edilýär. Atyň ynsan durmuşyndaky orny bilen baglanyşykly etnografik maglumatlar, gadymy ýazuw ýadygärlikleri onuň milli gymmatlyk hökmünde ykrar edilendiginden habar berýär. Arheologlar, taryhy öwrenijiler tarapyndan Türkmenistanyň çäginde ýerleşýän taryhy ýadygärliklerde geçirilen gazuw-agtaryş işlerinde tapylan atyň dürli şekiljikleri bedewiň türkmen durmuşynyň aýrylmaz bölegi bolandygynyň güwänamasydyr. Türkmeniň seýisçilik sungatynyň hiç bir halkyňka meňzeş bolmadyk özboluşly ýolunyň, aýratynlygynyň bolmagynda ata-babalarymyzyň ummasyz zähmeti bardyr. Bu hünäre baş goşan her bir türkmen öz ömrüniň dowamynda bu ugurdaky iş tejribesini kämilleşdirip, öz gezeginde, indiki nesle miras goýupdyr. Şeýlelikde, türkmen seýisçilik sungaty wagtyň geçmegi bilen kämilleşip, uly bir mekdebe öwrülipdir. Welidat HUDAÝNAZAROW, Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň uly mugallymy.
Peder ýoly — terbiýe mekdebi
Her bir ynsanyň durmuşynda onuň kalbynda öçmejek yz galdyrýan, durmuş ýörelgesi bilen ýol görkezýän, asylly häsiýetleri bilen görelde bolýan beýik şahsyýet bolýar. Perzent üçin ata şeýle mukaddes ynsandyr. Ata diňe bir maşgalanyň sütüni däl, eýsem, perzendiň durmuş ýolunyň ilkinji mugallymy, terbiýeçisi we göreldesidir. Özüniň manyly ömrüni halkyna, mähriban topragyna bagyş eden Gahryman Arkadagymyzyň kyblasy, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň atasy Mälikguly Berdimuhamedowyň manyly ömür ýoly hem şeýle nusgalyk durmuş mekdebidir. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň «Döwlet guşy» romanynda kakasy barada: «Mähriban kyblamyň ömür ýoly — maňa nusgalyk ýol, onuň asylly beýik ahlak sypatlary meniň idealym, meniň durmuş uniwersitetim» diýen sözleri peder bilen perzendiň arasyndaky ruhy baglanyşygyň, ata göreldesiniň örän ähmiýetlidiginiň aýdyň beýanydyr. Mälikguly Berdimuhamedowyň çagalyk ýyllary Beýik Watançylyk urşunyň agyr döwrüne gabat gelipdir. Ol bary-ýogy 11 ýaşyndaka kakasy Berdimuhamet aga urşa gidýär. Şeýle kyn döwürde ýaşlygyna garamazdan, ol ruhdan düşmän, oba adamlaryny zähmete, agzybirlige we ýeňşe ruhlandyrýan goşgular döredipdir. Onuň «Köp ekeliň dänäni!» atly goşgusynyň 1944-nji ýylda «Ýagty ýol» gazetinde çap edilmegi hem şol döwürdäki ruhubelentligiň aýdyň mysalydyr. Bu ýagdaýyň özi nesil terbiýesi üçin uly sapakdyr. Kynçylygyň öňünde ejizlemän, halkyň bilen bile bolmak, adamlara goldaw bermek, ýagşy umyt döretmek ynsanyň belent ahlak sypatlarynyň biridir. Mälikguly aganyň çagalyk ýyllarynda görkezen ruhubelentligi onuň durmuş ýolunda hem hemrasy bolupdyr. Ol zähmet ýoluny mugallymçylykdan başlaýar. 1950-nji ýylda öz obasyndaky mekdepde ilki kitaphanaçy, soň başlangyç synp mugallymy bolup işleýär. Soňra uzak ýyllaryň dowamynda içeri işler ulgamynda gulluk edip, dürli jogapkär wezipelerde zähmet çekýär. 1982-nji ýylda hormatly dynç alşa çykandan soň hem bilim-terbiýe işinden daşlaşman, ýaşlara bilim bermek ugrunda zähmetini dowam etdirýär. Şeýle ömür ýoly adamyň diňe bir hünär taýdan däl, eýsem, ruhy taýdan hem kämilleşmeginiň nusgasydyr. Mugallymçylyk, harby gulluk, ýolbaşçylyk we bilim-terbiýeçilik işi — bularyň ählisiniň özeninde halka hyzmat etmek, özüňe ynanylan borjy halal ýerine ýetirmek düşünjesi durýar. Mälikguly Berdimuhamedowyň nesil terbiýesindäki nusgalyk ýolunyň esasy aýratynlygy hem şu ýerde ýüze çykýar. Ol perzentlerine diňe bir öwüt-ündew bilen däl, eýsem, öz durmuşyndaky göreldesi bilen hem terbiýe beripdir. Zähmetsöýerlik, tertip-düzgün, ruhubelentlik, Watana wepalylyk, milli däp-dessurlara hormat goýmak ýaly häsiýetler maşgala ojagynda kemala gelýän terbiýäniň berk esaslarydyr. Türkmen halkynda ata-enä hormat goýmak mukaddes borç hasaplanýar. Perzent ata-enesiniň durmuşyndan görelde alyp, zähmetiň gadyr-gymmatyny, sabyrlylygy, adamlara hormat goýmagy öwrenýär. Şonuň üçin Mälikguly Berdimuhamedowyň ömür ýoly diňe bir maşgalanyň taryhy däl, eýsem, ýaş nesil üçin hem terbiýeçilik ähmiýetli durmuş mekdebidir. Gahryman Arkadagymyzyň eserlerinde kakasynyň durmuş ýoluna aýratyn orun berilmegi tötänden däldir. «Döwlet guşy», «Mert ýigitler gaýrat üçin dogulýar», «Ömrümiň manysy» atly eserlerde Mälikguly Berdimuhamedowyň durmuşyndan we zähmet ýolundan maglumatlar öz beýanyny tapýar. Gahryman Arkadagymyzyň «Mert ýigitler gaýrat üçin dogulýar» atly eserinde onuň içeri işler ulgamyndaky köpýyllyk gullugy we şahsy goşandy barada gürrüň berilýär. Şeýle eserleriň terbiýeçilik ähmiýeti hem uludyr. Olar ýaş nesle Watana gulluk etmegiň, kynçylyklara döz gelmegiň, maksada okgunly bolmagyň, mertlik we adamkärçilik ýaly belent häsiýetleri durmuşda ýörelge edinmegiň, ruhubelentligiň beýik nusgasyny görkezýär. Häzirki döwürde ýaş nesli watansöýüjilik, zähmetsöýerlik, milli buýsanç we ýokary ahlak ýörelgeleri esasynda terbiýelemek möhüm wezipeleriň biridir. Şu nukdaýnazardan, Mälikguly Berdimuhamedowyň ömür ýoly ýaşlara öwrenmek, görelde almak we ýagşy ýörelgeleri dowam etdirmek üçin şamçyragdyr. Çünki nesil terbiýesi sözden başlanýar, görelde bilen berkeýär. Ata tarapyndan görkezilen ýagşy görelde perzendiň kalbynda ömürlik orun alýar. Ogulşat DURDYÝEWA, Gökdepe etrabyndaky Berdimuhamet Annaýew adyndaky ýöriteleşdirilen 27-nji orta mekdebiň müdiri.
Matematika sapagyny täsirli guramak
Bilim işgärleriniň 2026—2027-nji okuw ýylynyň awgust usuly-amaly okuwlarynda mekdebe çenli çagalar edaralarynyň terbiýeçileri we mugallymlary üçin «Matematika ugruna ýöriteleşdirilen çagalar baglarynda okuw-terbiýeçilik işlerini alyp barmagyň aýratynlyklary», «Ösüp gelýän ýaş nesli milli ruhda terbiýelemekde halk döredijiliginiň orny we ähmiýeti», matematika dersini okadýan mugallymlar üçin «Okuwçylarda sözleýiş medeniýetini terbiýelemegiň ýollary» atly temalaryň bolmagy hem bu wezipeleriň wajypdygyny görkezýär. Sanlar bilen baglanyşykly halk döredijiliginiň sanawaçlar we ýaňyltmaçlar ýaly görnüşleri, bir tarapdan, kiçi ýaşly çagalaryň sözlük goruny baýlaşdyrsa, beýleki tarapdan, çagalaryň türkmen dilinde sesleri dogry aýdyşyny, sözleýşiniň grammatik gurluşyny kämilleşdirýär. Halk döredijiliginiň görnüşlerini matematika sapaklarynda wagt düşünjeleri, 1-den 10-a çenli sanlar, olaryň yzygiderliligi, düzümi öwredilende peýdalanmak bolýar. Mysal üçin, «Ýedigenim ýedi ýyldyz, ýedi göçer, ýedi gonar...» diýen sanawaç, «Ýedi ölçe, bir kes», «Ýedi göçüp, ýedi gonup ýörme» ýaly jümleler çagalaryň 7-lik sany dogry aýdyp bilmegine ýardam edýär. Nakyllar, atalar sözi, matallar özüniň janlylygy, obrazlylygy, gysgalygy we aňlatmalaryň çeperligi bilen çagalaryň sözleýşini baýlaşdyrýar. Çagalara mekdebe çenli döwürde sözüň düzümindäki sesleri aýyl-saýyl etmek, olary dogry aýdyp bilmek, sözi bogunlara bölmek, sözleri anyk we aýdyň aýdyp bilmek, olaryň manysyna düşünmek, sözlerden sözlem düzmek, gepleşige gatnaşyp bilmek, logiki yzygiderlilikde pikiri beýan edip bilmek, harplary tanamak, kesme harplardan söz düzmek öwredilýär. Çaganyň mekdebe çenli döwründe sözleýşiniň ösdürilmegi olaryň orta mekdeplerde okuwyny üstünlikli dowam etmegine mümkinçilikleri açýar. Mekdebe çenli ýaşly çagalaryň matematiki sözleýiş babatda mekdebe taýýarlykly gelmeklerini üpjün etmek maksady bilen, mekdebe çenli çagalar edaralary bilen umumybilim berýän orta mekdepleriň arasynda hyzmatdaşlygyň alnyp barylmagy maksadalaýykdyr. Okuwçylarda matematiki sözleýşi ösdürmek I — XII synplarda dowam etdirilýär. I — IV synplaryň matematika sapaklarynda okuwçylaryň okamak, ýazmak, hasaplamak endiklerini kemala getirmek, döredijilikli pikirlenmek endiklerini ösdürmek, V — XII synplarda bolsa, öz pikirini beýan etmek we düşündirmek ukybyny ösdürmek ýaly işler geçirilýär. Mugallymlar okuwçylardan takyk we dogry sözlemegi talap etmelidir. Şeýle talaby ýerine ýetirmek üçin okuwçynyň söz baýlygy ýeterlik bolmalydyr. Sözlemde sözler ýerli-ýerinde, belli bir tertipde getirilmelidir. Artykmaç sözleriň sözlemiň manysyna ýaramaz täsir edýänligi üçin olardan gaça durmaly. Meselem: «neme», «ýaňky» ýaly artykmaç sözler sowatly sözleýşe zyýan ýetirýär, sözleýişde düşnüksizligi ýüze çykarýar, sözlemleriň çeperçilik gymmatyny peseldýär. Okuwçynyň sözleýşi okuw maglumatlaryny dogry, tygşytly beýan etmegi, adalgalary dogry okap, ýazyp bilmegi bilen hem baglanyşyklydyr. Matematiki adalgalaryň dogry aýdylmagyna hemişe gözegçilik edip durmalydyr. Okuwçy jogap berýän wagtynda multimedia tagtada ýazylan ýazgylary özüniň dilden düşündirişleri, esaslandyrmalary bilen aýtmalydyr. Mugallym okuwçynyň diňe zerur zatlary aýtmagyna we köp sözli bolmazlygyna gözegçilik etmelidir. Multimedia tagtada ýazylýan ýazgylar hökman dilden düşündirilmelidir. Okuwçylara meseleleriň çözülişiniň barşyny jikme-jik ýazman, dilden beýan etmegi hem öwretmelidir. Okuwçylaryň matematiki sözleýşini ösdürmekde aňlatmalary, formulalary okamagy öwretmegiň möhüm ähmiýeti bardyr. Okuwçylar ýazylan aňlatmalary okamagy, dilden aýdylanda bolsa aňlatmalary ýazmagy başarmalydyrlar. Aňlatmalary okamaklyga takyklyk, düşnüklilik, gysgalyk ýaly talaplar bildirilýär. Aňlatmalaryň okalyşyna mysallar getireliň. 205 >124 deňsizlik «iki ýüz bäş uludyr bir ýüz ýigrimi dörtden», 79 < 185 deňsizlik «ýetmiş dokuz kiçidir bir ýüz segsen bäşden» diýip okalýar. 32 + 78 jem «otuz iki bilen ýetmiş sekiziň jemi» ýa-da «otuz iki goşmak ýetmiş sekiz», «otuz ikä ýetmiş sekizi goşmaly» diýip okalýar. Kesgitlemelerdäki ýalňyşlygy tapyň, tassyklamalaryň haýsynyň dogrudygyny, haýsynyň nädogrudygyny kesgitläň ýaly şertler bilen berilýän logiki meseleleri ýerine ýetirmegiň hem matematiki sözleýşi ösdürmekde ähmiýeti uludyr. Okuwçylaryň matematiki sözleýşini ösdürmäge ýardam edýän işleriň görnüşleriniň biri-de didaktiki oýunlardyr. Sapakda oýnuň ýerlikli ulanylmagy okuwçylarda ünslüligi, sözleýiş medeniýetini terbiýelemäge oňyn täsir edýär. Okuw kitabyndaky tekstiň üstünde işlemegiň okuwçylaryň sözleýiş dilini ösdürmekdäki ähmiýeti uludyr. Teksti okamak, seljerme bermek, labyzly okuw, sözlük üstünde işlemek örän peýdalydyr. Sözlük üstünde işlemegiň, täze sözleriň, adalgalaryň düşündirilmeginiň okuwçylarda sözleýşi ösdürmekde uly ähmiýeti bar, ol okuwçylarda sözleýişde öwrenilen sözleri, adalgalary dogry ulanmagy terbiýeleýär. Okuwçylaryň sözleýiş dilini ösdürmekde sanly serişdelerden ýerlikli peýdalanylmalydyr. Kesgitlemeleriň, teoremalaryň aýdylyşynyň, meseleleriň çözülişiniň, funksiýalaryň grafikleriniň gurluşynyň düşündirilişiniň ekranda sesli görkezilmeginiň ähmiýeti uludyr. Sapakda mugallymyň öz göreldesi bilen okuwçylaryň sözleýiş diliniň ösmegine ýardam etmegi örän möhümdir. Matematika sapagynda mugallym sapagyň temasyny düşündirýär, ýerine ýetirilýän gönükmelere düşündiriş berýär, okuwçylara soraglary bermeli, olaryň jogaplaryny ara alyp maslahatlaşmaly bolýar. Mugallymyň öz sözleýiş dili örän sowatly, medeniýetli, okuwçy üçin görelde we nusga alarlyk bolmalydyr. Ol öz sözleýşinde nädogry düzülen sözlemlere we söz düzümlerine, aýdylyş kadalarynyň bozulmagyna ýol bermeli däl. Mugallymyň sözleýşi düşnükli, edebi taýdan sowatly bolmalydyr. Bu babatda Gahryman Arkadagymyz «Ömrümiň manysynyň dowamaty» atly kitabynda şeýle maslahat berýär: «Her bir aýdýan sözüň dogry, dürs we jaýdar bolsun! Öz ene diliňde — edebi dilde gürlemek mertebedir». Örän jaýdar aýdylan sözler. Mugallymlar şu dana sözlerden ugur alyp, okuwçylarda sözleýiş medeniýetini terbiýelemekde bilimini, ukybyny, yhlasyny gaýgyrmaly däldir. Ýaş nesilde sözleýşi ösdürmek boýunça metbugatda makalalary çap etmek, teleradioýaýlymlarynda döredijilikli işleýän matematika mugallymlarynyň sapaklaryny görkezmek, gepleşikleri guramak hem wajyp meselelerdir. Diwar gazetleri okuw-terbiýeçilik işiniň wajyp serişdeleriniň biri hasap edilýär. Olarda matematiki sözleýşi ösdürmäge degişli gazet-žurnallardan, dürli kitaplardan alnan gyzykly maglumatlar, krosswordlar, rebuslar, meseleler orun tapmalydyr. Synp otaglarynda, dälizlerde ýerleşdirilýän diwarlyklar hem sözleýşi ösdürmekde goşmaça maglumat çeşmesi bolup hyzmat edýär. Matematikadan synp otagynda okuw ýylynyň bütin dowamynda dürli synplarda, sapaklarda peýdalanyp bilinjek, sözleýşi ösdürmäge ýardam etjek diwarlyklaryň bolmagy hem maksadalaýykdyr. Bilim işgärleri bilen okuw merkezlerinde geçirilýän usuly-amaly okuwlarda hem ýaş nesillerde sözleýiş medeniýetini terbiýelemeklige degişli öňdebaryjy iş tejribeleriň giňişleýin ara alnyp maslahatlaşylmagy ähmiýetli işlerdir. Mekdep okuwçylarynyň sözleýiş medeniýetini ýokarlandyrmak meselesi boýunça ders mugallymlarynyň tejribe alyşmagy we usuly birleşmeleriň maslahatlarynyň geçirilmegi hem ähmiýetlidir. Ähli okuw ders mugallymlarynyň tagallasy bilen okuwçylaryň sözleýşini ösdürmekde, kämilleşdirmekde üstünlik gazanyp bolar. Gündogdy ŞADURDYÝEW, Türkmenistanyň Milli bilim institutynyň tebigy we takyk bilimler bölüminiň müdiri, pedagogika ylymlarynyň kandidaty, dosent.
Çagalaryň gyzykly dynç alşy
Bagtyýar çagalaryň tomus paslynda uly höwes bilen dynç alýan ýerleriniň biri bolan Gökderedäki çagalar dynç alyş we sagaldyş merkezlerinde jemi 3 tapgyrda çagalar şatlykly pursatlary başdan geçirdiler hem-de ýokary derejede dynç aldylar. Gökdere jülgesindäki çagalar dynç alyş we sagaldyş merkezleriniň ählisinde meýilnama esasynda medeni we dynç alyş çäreleri, bäsleşikler, sport ýaryşlary ýokary ruhubelentlik bilen geçirildi. Merkezlerde ýurdumyzyň ähli ýerlerinden gelen çagalar agzybirlikde dynç aldylar, birek-birek bilen dostlaşdylar hem-de gyzykly pursatlary başdan geçirdiler. Tebigatyň gözel künjeginde — Gökdere jülgesinde geçirilen çäreler hem-de çagalaryň dynç alşynyň her bir pursady ýokary derejede guraldy. Çagalar dynç alyş we sagaldyş merkezlerinde bäsleşikler, medeni-köpçülik çäreleri her tapgyrda yzygiderli guraldy. Dynç alýan çagalaryň zehinini, ukyp-başarnyklaryny ýüze çykarmak, ösdürmek maksady bilen guralan bäsleşiklerde, sport ýaryşlarynda iň zehinli çagalar, dynç alyş möwsümini iň işjeň guran çagalar dynç alyş we sagaldyş merkezleri ýüze çykaryldy. Dynç alyş möwsüminiň 3-nji tapgyrynyň ahyrky günlerinde guralan gyzykly çäreler hem diýseň täsirli we ýatda galyjy boldy. Ýakynda «Bagtyýar nesiller» çagalar dynç alyş we sagaldyş merkezinde Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň we Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşiniň bilelikde guran «Tapgyryň iň işjeň çagalar dynç alyş we sagaldyş merkezi» atly bäsleşiginiň jemi jemlendi. Bu merkezara bäsleşik örän guramaçylykly geçdi. Onuň çäklerinde kitap sergisi guraldy, çagalar türkmen milli oýunlary, küşt, şaşka boýunça bäsleşdiler. Bu bäsleşige Gökdere jülgesindäki ähli çagalar dynç alyş we sagaldyş merkezleri işjeň gatnaşdylar. Bäsleşigiň jemi boýunça şu tapgyryň dowamynda gazanan üstünlikleri, merkezde çagalaryň dynç alşynyň işjeň guralyşy, pedagoglaryň işine döredijilikli çemeleşişi, dynç alýan çagalaryň bäsleşiklerde görkezen netijeleri göz öňünde tutulyp, Türkmenistanyň Suw hojalygy baradaky döwlet komitetiniň «Altyn damja» çagalar sagaldyş merkezi ýeňiji diýlip yglan edildi. Bäsleşigiň jemleri boýunça ähli çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezlerine we ýeňiji bolan «Altyn damja» çagalar sagaldyş merkezine Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň we Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşiniň adyndan Hormat hatlary we ýadygärlik sowgatlar gowşuryldy. Altyn SARYÝEWA, «Mugallymlar gazeti».
Mekdep bazarlary halkyň hyzmatynda
Täze okuw ýylyna taýýarlyk görmegiň çäklerinde ýurdumyzyň ähli ýerlerinde bolşy ýaly, Daşoguz welaýatynda hem mekdep bazarlary göwnejaý guraldy. Olar esasy harytlary — okuwçylara zerur bolan okuw esbaplaryny hem-de gerekli okuw lybaslaryny hödürleýär. Göreniň gözüni dokundyrýan mekdep bazarlary döwrebap görnüşde guralyp, ildeşlerimiziň islän harydyny alyp bilmegi üçin uly mümkinçilikler döredildi. Mekdep bazarlary hepdäniň ähli günlerinde halkymyza hyzmat edýär. Mekdep bazarlarynda halka hödürlenilýän harytlaryň aglaba böleginiň öz ýurdumyzda öndürilmegi bolsa aýratyn nygtalmaga mynasypdyr. Ol ýerde okuwçylar üçin okuw lybaslarynyň, dürli okuw esbaplarynyň satuwa çykarylan nusgalary göze gelüwliligi, ýokary hilliligi, bahalarynyň elýeterliligi bilen tapawutlanýar. Okuwçy gyzlara niýetlenen, türkmeniň milli ruhuna kybap gelýän ýakalary keşdelenen ýaşyl köýnekler bilen reňkdeş penjeklere, durmuş zähmeti sapagynda geýmäge niýetlenen lybaslara okuwçylar uly isleg bildirýärler. Okuwçy oglanlar hem bu ýerden özlerine gerekli mekdep lybaslarynyň — köýneklerdir penjekleriň, aýakgaplaryň arasyndan göwnüne ýaranyny elýeterli bahadan satyn alýarlar. Okuwçy oglan-gyzlaryň, talyplaryň başyny bezeýän nepis tahýalaryň örän köp görnüşleri bolup, olary hem saýlap-seçip almaga mümkinçilikler uly. Bulardan başga-da, mekdep bazarlarynda ýantorbalardyr sport eşikleri alyjylaryň ýokary isleglerini kanagatlandyrýar. Mekdep okuwçylary we talyplar üçin hödürlenilýän harytlaryň hiliniň ýokarylygy ýurdumyzda iň oňat zatlaryň çagalara niýetlenilendigini, ata Watanymyzyň bagtyýar çagalygyň ýurdudygyny aýdyň görkezýär. Şakaka GAZAKOW, Ylym we bilim işgärleriniň kärdeşler arkalaşygynyň Saparmyrat Türkmenbaşy etrap Geňeşiniň başlygy
Mekdep harytlarynyň bolçulygy
Bilim ulgamyndaky jogapkärli möwsüme — täze okuw ýylyna Ahal welaýatynda hem ählitaraplaýyn taýýarlykly barylýar. Şonuň çäginde okuwçy we talyp ýaşlary zerur bolan harytlardyr esbaplar bilen üpjün etmek işine aýratyn ähmiýet berilýär. Welaýatda mekdep harytlarynyň satuw-söwdasyna giň gerim berilmeginiň bu babatda ähmiýeti uludyr. Welaýat Alyjylar jemgyýetleriniň birleşigi tarapyndan onuň çägindäki bazarlaryň we dükanlaryň ýanynda guralan göçme söwda nokatlary — mekdep bazarlary bu gün ildeşlerimiziň hyzmatynda. Olarda okuwçy we talyp ýaşlara mekdep harytlarynyň dürli görnüşleri hödürlenýär. Welaýat Alyjylar jemgyýetleriniň birleşiginiň Änew şäherindäki «Ak bugdaý» bazarynda bolanymyzda, ol ýerde mekdep harytlarynyň göçme söwda nokatlarynyň işiniň ýokary derejede ýola goýlandygyna göz ýetirdik. Bu ýeriň mähellesi ýetik. Ata-eneleri, doganlary, ýakynlary bilen bazara gelen mekdep ýaşyndaky çagalaryň ýüzündäki şatlyk-begenç alamatlaryna şaýat bolmak has-da ýakymly. Okuwçy ýaşlar, bir tarapdan, täze okuw ýylynyň başlanjakdygyna, ak mekdeplere gadam basjakdyklaryna begense, ýene bir tarapdan, söwda nokatlaryndaky haryt bolçulygy olaryň şatlygyna şatlyk goşýar. Begenmezçe, şatlanmazça hem däl. Göçme söwda nokatlarynda mekdep okuwçylaryna zerur harytlaryň ählisi bar. Özi hem harytlar köp görnüşliligi bilen tapawutlanýar. Bu bolsa okuwçy oglan-gyzlara okuw harytlarynyň, şol sanda okuw esbaplarynyň içinden göwün islänini saýlap almaga amatlyklary döredýär. Bu ýerde alyjylara hödürlenýän okuw depderleri, gündelikler, surat çekmäge niýetlenen albomlar, reňkli kagyzlar, dürli kitapçalar, okuw esbaplarynyň beýleki görnüşleri, şeýle-de okuwda ulanylýan gollanmalar hiliniň ýokarydygy bilen tapawutlanýar. Olar öz ýurdumyzda öndürilen harytlardyr. Bu harytlaryň uly höwes bilen satyn alynmagy hem hil derejesi babatdaky aýratynlygydyr. Mekdep torbasy, depderdir galam ýaly okuw esbaplary-da geçginli harytlaryň hatarynda. Ýokary hilli nah matalardan tikilen okuwçy lybaslary göçme söwda nokatlarynyň özboluşly bezegidir. Ýurdumyzyň dokma toplumlarynyň we tikin kärhanalarynyň bu önümleri, ylaýta-da, dürli ýaşly okuwçy oglanlara niýetlenen penjek-jalbarlar, köýnekler, okuwçy gyzlara niýetlenen öňlükler, sport lybaslary we beýleki dokma önümleri uly gyzyklanma eýe bolýar. Bu ýerde sünnälenip gaýalan tahýalar, şeýle-de dürli ölçegdäki aýakgaplar hem amatly bahadan alyjylara ýetirilýär. Welaýatyň çägindäki mekdep bazarlarynyň — göçme söwda nokatlarynyň ählisinde-de medeniýetli söwda-satuw hyzmatlary amala aşyrylýar. Şoňa görä-de, ildeşlerimiz olaryň işinden göwnühoş bolýarlar. Aýdo ŞEKEROW. (Öz habarçymyz). Surata düşüren Begençmyrat ATAÝEW.
Ylmy kitaphana we sanly ulgamyň mümkinçilikleri
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzyň halk hojalygynyň ähli pudaklary bilen birlikde, medeniýetiň asyl nusgasyny özünde jemleýän kitaphanalaryň işine hem uly üns berilýär. Hormatly Prezidentimiziň tagallalary bilen, ýurdumyzyň kitaphana ulgamyny kämilleşdirmek, onuň maddy-enjamlaýyn üpjünçiligini döwrebaplaşdyrmak babatda uly işler durmuşa geçirilýär. Şunuň bilen baglylykda, Arkadagly Gahryman Serdarymyz «Ýaşlar — Watanyň daýanjy» atly kitabynda: «Tehnologiýalaryň örän tiz ösýän şertlerinde ýurdumyzda raýatlaryň, aýratyn-da, ýaşlarymyzyň häzirki zamanyň ösen tehnologiýalaryndan doly baş çykaryp bilmeklerini, internetiň giň mümkinçiliklerinden netijeli peýdalanmaklaryny gazanmak wezipeleri üstünlikli çözülýär. Bu ugurda kitaphanalary, metbugat neşirlerini sanlylaşdyrmak ugrunda alyp barýan işlerimize-de uly orun degişlidir. Häzirki wagtda elektron görnüşdäki kitaplar ýaşlara elýeterli edilýär» diýip nygtaýar. Ýurdumyzda kitaphana işini kämilleşdirmekde, şol sanda sanly ulgamyň mümkinçiliklerini ornaşdyrmakda bu pudagyň maddy-enjamlaýyn binýady yzygiderli pugtalandyrylýar. Alymlaryň, ylmy işgärleriň, mugallymlaryň, döredijilik işgärleriniň, hünärmenleriň ylmy, amaly işleri, döredijilik ugurly taslamalary boýunça zerur çeşmelerden dessin peýdalanmaklary kitaphana işini sanlylaşdyrmak ugrunda möhüm wezipeleriň biri bolup durýar. Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Merkezi ylmy kitaphanasy şahsyýet kämilligini kemala getirmegiň, jemgyýetçilik aňynyň we ýurdumyzyň ylmy kuwwatynyň ýokary göterilmeginiň, netijeli çözgütleri gazanmagyň esasy ylmy ojaklarynyň hataryndadyr. Kitaphanamyzyň esasy maksady we wezipesi onuň hazynasyndaky baý mazmunly ylmy kitaplar bilen okyjylara ýokary derejede medeniýetli hyzmat etmekden, hazynadaky we täze gelip gowuşýan ähli metbugat neşirleriniň ygtybarly, ýitgisiz, aýawly goralyp saklanylmagyny üpjün etmekden ybaratdyr. Hazynada ylmyň dürli pudaklaryna degişli bolan metbugat eserleriniň dürli görnüşleri toplanylýar we saklanýar. Kitaphananyň gaznasynda saklanýan metbugat neşirlerinden okyjylar islendik wagtda peýdalanyp bilýärler. Halkara we döwlet derejesinde geçirilýän ylmy maslahatlara, milli baýramçylyklara, belli şahsyýetlere, görnükli alymlara, halk hojalygynyň derwaýys meselelerine bagyşlanan edebiýatlaryň giň gerimli kitap sergileri yzygiderli guralýar. Kitaphananyň baý edebi mirasy aspirantlar, doktorantlar, dalaşgärler we ylmy işgärler üçin aýratyn ähmiýetlidir. Kitaphananyň hazynasyna ylmyň ähli pudaklary boýunça gelip gowuşýan gazet-žurnallaryň doly toplanylmagy we aýawly saklanmagy okyjylara islendik ugra degişli ylmy makalalary tapmaga ýardam edýär. Merkezi ylmy kitaphananyň hazynasy özünde ýurdumyzyň çäklerinde we daşary ýurtlarda neşir edilýän Türkmenistanyň taryhyna, medeniýetine, özboluşly aýratynlyklaryna degişli dürli dillerdäki seýrek duş gelýän we gymmatly kitaplary, golýazmalarydyr dissertasiýalary hem jemleýär. Bu ýerde zähmet çekýän hünärmenler kitaphananyň hazynasyndaky seýrek duşýan gymmatly kitaplaryň nusgalaryny skanirleýärler. Bu bolsa ol eserleri okyjylara islendik wagtda okamaga mümkinçilik berýär. Şeýle hem bu ylym ojagy ýeke-täk ylmy-bibliografik merkez bolmak bilen, ýurdumyzda kitapşynaslyk, bibliografiýaşynaslyk we kitaphanaşynaslyk meseleleri boýunça ylmy-barlag işlerini alyp barýar. Netijede, ylmyň derwaýys meselelerine degişli retrospektiw, şahsy we tematiki bibliografik görkezijileri düzmek we neşir etmek işi dowam etdirilýär. Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Merkezi ylmy kitaphanasynda ýurdumyzyň innowasion ösüşlerini, ylmy açyşlary, täze tehnologiýalaryň döwrüň öňegidişlikleri bilen deň gadam urmagyny nazarlaýan döwrebaplaşdyrmak işi dowam etdirilýär. Ol kitaphananyň sanly mümkinçiliklerini ýokarlandyrmaga, seýrek we gymmatly neşirleriň saklanmagynyň derejesini üpjün etmäge, milli hem-de halkara derejede kitaphanalaryň arasynda tejribe alyşmagy ýola goýmaga gönükdirilendir. Aýratyn-da, okyjylara döwrebap hyzmat etmek maksady bilen, kitaphana täze innowasion tehnologiýalar bilen üpjün edilýär we onuň kitap hazynasyny elektron görnüşine doly geçirmek boýunça işler alnyp barylýar. Häzir kitaplaryň elektron görnüşlerini giňden ýaýradyp, jemagat kitaphanalarynda, ylmy kitaphanalarda elektron kitaplaryň bitewi ulgamyny döretmek işi netijeli dowam etdirilýär. Bu günki günde ýurdumyzyň kitaphanalary sanly resminamalaryň we maglumatlaryň köp toplanan ýerine öwrülýär. Okyjylaryň arasynda internet ulgamynyň üsti bilen elektron kitaphanalardan peýdalanmak ýörgünli bolsa-da, ýurdumyzda hereket edýän adaty kitaphanalaryň ähmiýeti kemelmeýär. Sanly ulgamyň ösdürilmegi Merkezi ylmy kitaphanany has-da kämilleşdirmäge mümkinçilik berýär. Elektron kitaphana ulgamynyň esasy aýratynlyklarynyň biri-de onuň habarlara hem-de köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň maglumatlaryna köpugurly çemeleşmäge mümkinçilik berýändigidir. Elektron kitaplaryň köpçülikleýin ýaýramagy bilen, olary belli bir maglumat binýadynda saklamagyň zerurlygy ýüze çykýar. Maglumat binýadynyň döredilmegi okyjylar üçin amatly bolup, olar islendik kitaby gysga wagtyň içinde tapmaga mümkinçilik alýarlar. Netijede, elektron kitaplaryň sanynyň barha artmagy kitaphana ulgamynda okyjylara hyzmat etmek işini döwrebaplaşdyrýar. Ylmy kitaphana dürli ugurlar boýunça ylma gözükdirmäniň we netijeli ylmy çözgütleri gazanmagyň kämil taýýarlygyny üpjün edýän ulgam bolup, onda ylmy kitaplaryň ummasyz gory jemlenendir. Ol gymmatly kitaplar her bir ulgamda netijeli ylmy gözlegleri alyp barmak babatda ylmy çeşme bolup hyzmat edýär. «Türkmenistanda ylym ulgamyny ösdürmegiň 2024 — 2052-nji ýyllar üçin Strategiýasyny» amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň 2024 — 2028-nji ýyllar üçin Meýilnamasynda bellenen Merkezi ylmy kitaphanada elektron hyzmatynyň işini döwrebap kämilleşdirmek wezipesi esasynda Merkezi ylmy kitaphananyň kitap hazynasynda elektron neşirleriň sanyny artdyrmak işi dowam etdirilýär. Bu bolsa Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallalary netijesinde ýurdumyzda ylym bilen meşgullanmaga köpçülikleýin höwes döretmekde, ylma elýeterliligi ýokarlandyrmakda hem uly ähmiýete eýedir. Doýduk SAPARBAÝEWA, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Merkezi ylmy kitaphanasynyň direktory.
Tygşytlylyk ýörelgesi ýa-da çaga terbiýesinde üns berilmeli endikler
Çaga ýüregi ak kagyz ýaly. Oňa ýazylan her bir söz, görkezilen her bir görelde geljekde onuň durmuş ýoluna öwrülýär. Kiçijik eller bilen tutulýan ilkinji närse, ilkinji saýlaw, ilkinji «Gerekmi ýa gerek däl?» diýen sowal — bularyň ählisi çaganyň içki dünýäsi bilen birlikde, onuň geljegini hem şekillendirýär. Çagalar söz bilen däl, esasan, gören zatlary, hereketleri arkaly öwrenýärler. Alymlar hem çaganyň ösüşinde ata-enäniň göreldesiniň esasy orny eýeleýändigini nygtaýarlar. Çaga, ilkinji nobatda, wagty we puly tygşytly saklamagy öwretmek zerur bolup durýar. Çünki tygşytlylyk diňe wagty we puly dolandyrmaklyk bolman, ol paýhasly ýaşamagyň, sabyrly bolmagyň, bar zadyň gadyryny bilmegiň başlangyjydyr. Degişli hünärmenleriň bellemeklerine görä, kiçilikden tygşytlylygy öwrenen çagalar jogapkärli şahsyýet bolup ýetişýärler. Çagalara tygşytlylygy öwretmekde iň täsirli ýollaryň biri «oýunlardyr» ýa-da gündelik gaýtalanýan ýagdaýlar. Mysal üçin, «Dükana barýarys» oýny çaga pul paýlamagy öwretse, «Näme gerek, näme gerek däl?» oýny saýlamagy öwredýär. Köne zatlardan täze zat ýasamak bolsa döredijiligi ösdürýär. Eger-de ata-ene bu usullary çaga «oýun» hökmünde kabul etdirip bilse, onda onuň uly utuş gazandygy bolar. Çünki bu «oýunlar» diňe öwretmek bilen çäklenmän, eýsem, çaganyň pikirleniş ukybyny hem ösdürýär. Çaga puluň gymmatyny bilmeli. Munuň üçin her bir ata-ene çagasyna ownuk çykdajy üçin az mukdarda pul bermeli, tygşytlan puly üçin kiçijik sylag berip, höweslendirmeli, arzuw edýän zadyny özüniň pul ýygnap almagy üçin sabyrlylygy öwretmeli. Şeýle edilen ýagdaýynda çaga «Hemme zat derrew bolmaly däl» diýen düşünjä eýerýär. Tygşytlylygy diňe pul bilen çäklendirmeli däl. Şol bir wagtyň özünde çaga suwy biderek akdyrmazlygy, elektrik toguny öçürmegi, iýmiti zyňmazlygy öwretmek hem örän möhümdir. Şeýle endikler daşky gurşawy goramaga hem kömek edýär. Çaga bu zatlary öwretmek yzygiderli düşündirişi, sabyrlylygy, goldawy talap edýär. Şonuň üçin ata-ene çaga ýalňyşan mahaly ony ýazgarmaly däl-de, näme etmelidigini we näme üçindigini düşündirmeli. Psihologlaryň bellemeklerine görä, çaganyň 3 — 7 ýaş aralygy endikleriň we häsiýetleriň kemala gelýän iň möhüm döwrüdir. Bu döwürde öwrenilen zatlar onuň aňynda uzak wagtlap saklanýar. Maliýe sowatlylygy boýunça geçirilen birnäçe halkara barlaglaryň netijesinde, kiçilikden tygşytlylyga endik eden çagalaryň ulalanda puly dolandyrmaga has ukyply bolýandyklary anyklanyldy. Mundan başga-da, alymlar çagalaryň garaşmak ukybynyň (sabyrlylygyň) olaryň geljekdäki üstünlikleri bilen baglanyşyklydygyny aýdýarlar. Muny amerikaly psiholog Walter Mişeliň geçen asyryň 60-70-nji ýyllarynda meşhurlyk gazanan «Marşmallow synagy» hem tassyklaýar. Şol synagda sabyr edip, sylagyny soň almagy saýlan çagalar ulalanda has üstünlikli, maksada okgunly we öz-özüni dolandyryp bilýän adamlar bolup ýetişipdirler. Häzirki wagtda çagalar sanly dünýäde ösýärler. Telefonlar, planşetler we kompýuterler olaryň gündelik durmuşynyň bir bölegi boldy. Şonuň üçin tygşytlylygy diňe pul bilen däl-de, wagt bilen hem bagly öwretmek zerurdyr. Çaga ekran wagtyny çäklendirmegi, wagtyny okuw, oýun we dynç alyş arasynda paýlamagy öwrenmeli. Ata-eneler çagalary bilen bilelikde «Gün tertibini» düzmeli, bu olaryň wagty tygşytly ulanmagyna kömek edýär. Mysal üçin, 1 sagat okuw, 1 sagat oýun, 30 minut kitap okamak, soňra dynç almak. Şeýle tertip çaga diňe bir wagty tygşytlamagy däl, eýsem, tertip-düzgüni hem öwredýär. Umuman aýdanyňda, tygşytlylyk — çaga terbiýesinde onuň geljegine goýlan iň gymmatly maýa goýumlaryň biri. Bu endik çaganyň geljekde akylly, jogapkärli, üstünlikli şahsyýet bolup ýetişmegi üçin ähmiýetlidir. Sabyrly bolmagy, islendik zadyň gymmatyny bilmegi kiçilikden öwrenen çaga geljekde ýokary netijeler gazanmagy we jemgyýetde mynasyp ornuny tapmagy başarar. Jahantäç GURBANGYLYJOWA, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň halkara žurnalistikasy hünäriniň talyby.
Забота о счастливом детстве
В целях выявления, стимулирования и воспитания гармонично развитого, патриотичного молодого поколения Министерство образования Туркменистана совместно с Центральным советом Молодёжной организации имени Махтумкули провело конкурс «Tapgyryň iň işjeň çagalar dynç alyş we sagaldyş merkezi» среди детских центров отдыха и здоровья, расположенных в местечке Гёкдере. Инициатива способствовала широкой пропаганде здорового образа жизни, высокой организации закаливания детей и обеспечению их интересного досуга. Программу торжественного мероприятия открыла творческая выставка, на которой отдыхающие ребята представили оригинальные поделки и предметы декоративно-прикладного искусства. Главным событием дня стала церемония чествования победителей. По итогам состязания звания «Самый активный детский центр отдыха и здоровья смены» удостоился центр «Altyn damja» Государственного комитета водного хозяйства Туркменистана, продемонстрировавший высочайший уровень организации досуга. Продемонстрировали высокую подготовку и активное участие в проведении летнего сезона также детские центры «Çeşme», «Nesil», «Şöhle» (Государственный концерн «Türkmengaz»), «Beýik Serdar nesilleri» (Главная государственная служба «Türkmenstandartlary»), «Altyn ýyldyz» (Министерство обороны Туркменистана), «Altyn sümmül» (Государственное объединение «Türkmengallaönümleri») и «Bagtyýar nesiller» (хякимлик Ахалского велаята). Наряду с этим в ходе торжества Почётными грамотами и памятными подарками от Центрального совета Молодёжной организации имени Махтумкули были награждены воспитатели и педагоги, внёсшие большой вклад в организацию отдыха, патриотическое воспитание и популяризацию спорта среди подрастающего поколения. Наград также удостоились особо отличившиеся воспитанники центров за активность в спортивных и культурных мероприятиях летнего сезона 2026 года, проходящего под девизом «Независимый нейтральный Туркменистан – родина целеустремлённых крылатых скакунов». Забота о подрастающем поколении, качественном образовании и физическом воспитании детей остаётся ключевым приоритетом государственной политики Туркменистана. В завершение мероприятия участники выразили искреннюю признательность Национальному Лидеру туркменского народа, Председателю Халк Маслахаты Герою-Аркадагу и Президенту Сердару Бердымухамедову за всемерное внимание к юным гражданам и создание всех необходимых условий для их гармоничного развития, адресовав руководству страны наилучшие пожелания здоровья, долголетия и новых успехов в государственной деятельности. Нязик АТАЕВА, главный специалист организационного отдела Центрального совета Молодёжной организации Туркменистана имени Махтумкули.
За парту – с новыми силами и хорошим настроением
Август – месяц, когда у родителей, чьи дети ходят в школу, прибавляется забот. Причём эти хлопоты доставляют им удовольствие, потому что они связаны с покупками, которые приносят радость детям. Специалисты торговых учреждений стараются облегчить родителям поиск нужных товаров, открыв торговые точки в удобных местах, где реализуются исключительно принадлежности для школьников. Как сообщили в объединении обществ потребительских союзов Лебапского велаята, количество открытых школьных базаров в городах и этрапских центрах региона приближается к семидесяти. Специальные уголки с товарами для школьников открылись также при магазинах государственной фирмы оптово-розничной торговли «Lebap». Не остались в стороне и предприниматели, которые тоже заблаговременно пополнили ассортимент своих товаров школьными принадлежностями. Специальные, ярко украшенные палатки установили на знакомых покупателям по прошлым годам местах – у крупных торговых точек, на рынках. Поэтому людям не надо спрашивать, где открылись школьные базары. А близость к торговым точкам удобна ещё и тем, что можно попутно приобрести продовольствие для дома и другие необходимые товары. Именно эти удобства отметила жительница Фарабского этрапа Гозель Базарова. – Мы с детьми приехали в город Туркменабат, заодно заехали на рынок, увидели палатки со школьными товарами и решили, не откладывая, тут же приобрести всё необходимое для школы. Хорошо, что всё, что нужно, находится в одном месте. В одной палатке – школьные платья, рубашки, костюмы, обувь, а в соседней – тетради, карандаши, ручки, дневники. Продавцы советуют, что необходимо для детей разных возрастов, помогают укомплектовать наборы. В административном центре Лебапского велаята традиционно торговые палатки занимают всю площадь перед входом на центральный рынок города Туркменабат. Их красочное оформление привлекает внимание даже тех, кто в этот день не собирался покупать что-то детям. Здесь есть что выбрать для своих детей – от школьной формы до письменных принадлежностей. По всему видно, что типографии, швейные фабрики страны заранее позаботились о создании изобилия товаров для школьников. Удобное расположение школьных базаров в жилых массивах отмечает и жительница города Туркменабат Зохре Аллабергенова. Такая организация торговли, по её мнению, даёт родителям возможность приобрести всё в один день, не тратя время на походы по магазинам. – Сегодня я уйду отсюда с полным набором одежды и канцелярских принадлежностей для детей, – говорит она. – Здесь есть всё на любой вкус, и я уверена, что дети будут довольны. В эти дни бойкая торговля идёт во всех точках велаята, где представлены товары для учащихся. Ярмарки будут обслуживать покупателей весь август и первые дни сентября. Довлет ГЕЛЬДЫЕВ. Фото Мердана ОРАЗОВА.
«IWISE» bäsleşiginden 10 medal!
Ýurdumyzyň zehinli mekdep okuwçylary Beýik Britaniýanyň we Demirgazyk Irlandiýanyň Birleşen Patyşalygynyň London şäherinde geçirilen «IWISE Global Final London 2026» halkara bäsleşiginde uly üstünlik gazanyp, 6 altyn we 4 kümüş medaly eýelediler. Olaryň bu ýeňşi Watanymyzyň ylym-bilim ulgamyndaky halkara abraýynyň artmagyna mynasyp goşant boldy. Dünýä belli «IWISE» halkara bäsleşigi ýaşlaryň intellektual derejesini, innowasion pikirlenişini hem-de ylmy-döredijilik ukyp-başarnyklaryny ýüze çykarmaga we goldamaga gönükdirilendir. Bäsleşigiň esasy maksady zehinli ýaşlary bir ýere jemläp, olaryň arasynda tejribe alyşmagy ýola goýmakdan, STEM, iTECH, robototehnika, sungat hem-de dil ugurlary boýunça innowasion taslamalary we barlaglary höweslendirmekden ybaratdyr. Bäsleşik ýaş nesliň ekologiýa, tehnologiýa we jemgyýetçilik meselelerine döredijilikli hem-de ylmy taýdan çemeleşip, durnukly çözgütleri hödürlemeklerine giň ýol açýar. Abraýly bäsleşikde Türkmenistanyň ýygyndy toparyna saýlanan 10 okuwça Arkadag şäherindäki 1-nji ýöriteleşdirilen okuw-terbiýeçilik toplumynyň mugallymy M.Sähetgulyýew hem-de Aşgabat şäherindäki dil derslerini çuňlaşdyryp öwredýän ýöriteleşdirilen 97-nji orta mekdebiň mugallymy G.Baýramow ýolbaşçylyk etdiler. Bäsleşikde ýokary intellektual taýýarlygy görkezen okuwçylardan Aşgabat şäherindäki dil derslerini çuňlaşdyryp öwredýän ýöriteleşdirilen 97-nji orta mekdebiň okuwçylary Resulberdi Orazberdiýew, Salyh Kakalyýew, Resul Geldiýew, paýtagtymyzdaky 7-nji orta mekdebiň okuwçysy Selim Begmuradow hem-de dil derslerini çuňlaşdyryp öwredýän ýöriteleşdirilen 87-nji orta mekdebiň okuwçysy Nurmyrat Kulow dagy altyn medala hem-de pul baýragyna mynasyp boldy. Şeýle-de Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Berdimuhamet Annaýew adyndaky 1-nji ýöriteleşdirilen harby mekdebiň okuwçysy Mälikmyrat Annamuradow altyn medaly eýelemegi başardy. Bäsleşikde 97-nji orta mekdebiň okuwçysy Salyh Altyýew, Aşgabat şäherindäki 13-nji orta mekdebiň okuwçysy Rozymyrat Ýagşymyradow, Arkadag şäherindäki iňlis dili dersine ýöriteleşdirilen 2-nji hem-de 3-nji orta mekdepleriň okuwçylary Ebubekir Berdiýew, Umyt Atamyradow dagy bolsa kümüş medallary eýeledi. Mekdep okuwçylarymyzyň gazanan bu uly ýeňşi ýurdumyzyň beýik geljegini gurujy zehinli nesilleriň ýetişýändigi baradaky buýsançly hakykatyň nobatdaky subutnamasyna öwrüldi. Ýaş matematikleriň halkara üstünligi Ýurdumyzda ýaş nesliň döwrebap bilim almagy, ylmy gözlegler bilen meşgullanmagy hem-de halkara bäsleşiklerde ukyp-başarnygyny görkezmegi üçin giň mümkinçilikler döredilýär. Ýakynda ýurdumyzyň talyplarynyň Bolgariýa Respublikasynyň Blagoýewgrad şäherinde geçirilen 33-nji halkara matematika olimpiadasynda (IMC-2026) ajaýyp üstünlik gazanyp, 6 altyn we 3 kümüş medala mynasyp bolmaklary munuň aýdyň güwäsine öwrüldi. London uniwersitet kolleji we Bolgariýadaky amerikan uniwersiteti tarapyndan guralan bäsleşige dünýäniň 47 döwletinden 450-ä golaý zehinli talyp gatnaşdy. Iňlis dilinde iki tapgyrda geçirilen bäsleşikde talyplara matematiki seljerme, çyzykly we abstrakt algebra, funksional seljerme, analitiki geometriýa, kombinatorika hem-de sanlar nazaryýeti boýunça çylşyrymly meseleler hödürlenildi. Onuň netijesi boýunça Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň talyby Emir Wellekow, Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň talyby Kerim Toýlyýew, Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň talyby Batyr Öwezmyradow, Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň talyplary Nurmuhammet Goçyýew bilen Mergen Meredow, Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň talyby Medetberdi Taňryberdiýew dagy altyn medallara mynasyp boldy. Şeýle hem Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň talyby Gurtgeldi Hanow, Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň talyplary Kakageldi Muhammetamanow, Tahyr Ýoldaşow dagy bolsa kümüş medaly eýelemegi başardy. 1994-nji ýyldan bäri geçirilip gelinýän IMC bäsleşigi dünýäniň iň abraýly olimpiadalarynyň biri hasaplanýar. Matematika ylmy häzirki zaman tehnologiýalarynyň, emeli aňyň we sanly ykdysadyýetiň binýadydyr. Şol sebäpli bu ugurda gazanylýan her bir üstünlik geljekde ýurdumyzyň ylmy-tehnologik kuwwatynyň has-da ýokarlanmagyna ýardam edýär. Maksatmyrat ÇARYÝEW. «Türkmenistan».
Täze okuw ýylyna döwrebap harytlar
Mekdep okuwçylarynyň sabyrsyzlyk bilen garaşýan günleri — täze, 2026 — 2027-nji okuw ýyly hem barha ýakynlaşýar. Şol mynasybetli şu günler ýurdumyzyň bazarlarynda, söwda nokatlarynda okuw harytlarynyň söwdasy ýola goýuldy. Täze okuw ýylyna taýýarlyk görmegiň çäklerinde ýurdumyzyň ähli künjeklerinde guralýan mekdep bazarlaryna möhüm orun degişlidir. Häzirki wagtda iri söwda merkezleriniň, bazarlaryň ýanynda guralan göçme söwda nokatlarynda mekdep harytlarynyň, okuw lybaslarynyň dürli görnüşleri ildeşlerimize hödürlenilýär. Satuw tekjelerinde döwrebap we ýokary hilli okuw esbaplarynyň ähli görnüşleri bar. Harytlaryň ýokary hilliligi, bahasynyň elýeterliligi alyjylary diýseň begendirýär. Çagalar öz mähriban ene-atalary bilen mekdep bazarlaryna uly höwes bilen barýarlar. Olarda Türkmen döwlet neşirýat gullugy tarapyndan öndürilip, ähli dersler üçin niýetlenen depderler, dürli galamlar we surat depderleri hem-de okuwçylaryň ýaş aýratynlyklaryna görä, ýörite niýetlenen mekdep lybaslarynyň, aýakgaplaryň, dokma toplumlarynda öndürilen sport egin-eşikleriniň köp sanly görnüşleri bar. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe guralýan mekdep bazarlaryna aýlanyp göreniňde, ýurdumyzda haryt bolçulygyny döretmekde alnyp barylýan işleriň giňden we üstünlikli durmuşa geçirilýändigine şaýat bolýarsyň. Ene-atalary bilen täze okuw ýyly üçin okuw esbaplaryny almaga mekdep bazarlaryna gelen bagtyýar ýaş nesliň gözlerindäki begenç we buýsanç alamatlaryny synlanyňda, olaryň okamaga, öwrenmäge bolan höwesiniň çäksiz uludygyna göz ýetirmek bolýar. Ýurdumyzyň ähli ýerlerinde mekdep bazarlarynyň işläp başlamagy okuwçylara, talyp ýaşlara täze okuw ýylyna gerek bolan harytlary bir ýerden satyn almaga mümkinçilik berýär. Mekdep bazarlarynda halka hödürlenýän harytlaryň aglabasynyň öz ýurdumyzda öndürilendigi guwandyryjydyr. Hususy telekeçiler hem ýöriteleşdirilen dükanlarynda okuw esbaplarynyň hem-de mekdep lybaslarynyň söwdasyny göwnejaý guraýarlar. Alyjylaryň islegleriniň ösen häzirki döwründe olara göwnejaý hyzmat etmek möhüm wezipedir. Täze, 2026 — 2027-nji okuw ýylyna uly höwes bilen garaşýan mekdep okuwçylary we olaryň ata-eneleri bagtyýar ýaş nesiller barada edýän tagallalary üçin Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagyny, alyp barýan döwletli işleriniň hemişe rowaçlyklara beslenmegini arzuw edýärler. Gülzar ABAÝEWA, «Mugallymlar gazeti».
Dynç alyş möwsüminiň şatlykly günleri
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan — bagtyýar çagalaryň mekany. Ata Watanymyzda ýaş nesliň döwrebap bilim-terbiýe almagy hem-de dynç alyş günlerini şadyýan we netijeli geçirmegi üçin ähli şertler döredilýär. Berk bedenli, sagdyn ruhly, kämil bilim-terbiýeli, zehinli türkmen ýaşlaryny kemala getirmek esasy wezipeleriň biridir. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe bagtyýar nesillerimiziň sagdyn hem ruhubelent bolup ýetişmekleri, medeniýetli dynç almaklary üçin bimöçber tagallalar edilýär. Ýurdumyzyň mekdep okuwçylarynyň tomus paslynyň her bir gününi şatlyk-şowhun bilen geçirmekleri üçin hereket edýän çagalar dynç alyş we sagaldyş merkezlerinde ähli mümkinçilikler döredilen. Tomus möwsüminiň çagalar üçin ýatdan çykmajak ajaýyp pursatlara baý bolmagy üçin ýörite işlenip düzülen meýilnamalar esasynda birnäçe medeni-köpçülikleýin çäreler, bäsleşikler, sport ýaryşlary yzygiderli guralýar. Bu işleriň netijesinde mekdep okuwçylary oňat dynç alýarlar, kadaly iýmitlenýärler hem-de beden taýdan taplanýarlar. Ýakynda Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrliginiň Gökderedäki «Ýaşlyk» çagalar dynç alyş we sagaldyş merkezinde «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylyna bagyşlanyp, «Gökdere — şatlyk mekany» diýen at bilen merkezara «Açyk gapylar» güni geçirildi. Türkmenistanyň Bilim ministrligi tarapyndan ýokary derejede guralan bu çärä Gökderedäki çagalar dynç alyş we sagaldyş merkezlerinde dynç alýan çagalar uly ruhubelentlik bilen gatnaşdylar. Bu çäre ýaş nesliň arasynda agzybirligi, dost-doganlygy pugtalandyrmak maksady bilen geçirildi. Çäräniň dowamynda çagalar dynç alyş we sagaldyş merkezlerinde dynç alýan çagalaryň ýaş aýratynlyklaryna, isleglerine we başarnyklaryna laýyklykda geçirilýän köptaraplaýyn işler, mekdep okuwçylarynyň göwnejaý dynç almaklary, saglyklaryny berkitmekleri, wagtlaryny şadyýan hem-de täsirli geçirmekleri üçin döredilýän amatly şertler aýdyňlygy bilen görkezildi. Halkymyzda gadymdan gelýän däplere eýerilip, toý pişmesiniň taýýarlanylmagy, milli senetçilik we el işleriniň dürli görnüşleriniň ýerine ýetirilmegi, türkmen milli oýunlarynyň oýnalmagy hem «Açyk gapylar» gününe gatnaşyjylarda uly täsir galdyrdy. Baýramçylyk ruhunda geçirilen «Açyk gapylar» gününde milli saz gurallarymyzda ýerine ýetirilen aýdymdyr sazlar, edebi sazly çykyşlar, çagalar döredijilik toparlarynyň tanslary, aýratyn-da, türkmen milli küştdepdi tansy has-da täsirli boldy. Çagalar öz çykyşlarynda, çeken suratlarynda, tebigy serişdelerden ýasan şekillerinde şu ýylda mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllygynyň toýuny toýlamaga taýýarlyk görýän eziz Watanymyzy, parahat we erkana durmuşymyzy, ýurdumyzda bedew bady bilen ýetilýän belent sepgitleri, bagtyýar çagalygy, dost-doganlygy uly joşgun hem-de buýsanç bilen wasp etdiler. Honçagül TÄŞLIÝEWA, «Altyn damja» çagalar dynç alyş we sagaldyş merkeziniň uly mugallymy.
Başlangyç synplarda matematika sapagy
Başlangyç synplarda matematika sapagy okuwçylaryň pikirleniş ukybyny, ünsüni we logiki düşünjesini ösdürýän möhüm dersleriň biridir. Bu dersi netijeli öwretmekde dürli usullar ulanylýar. Şolaryň arasynda oýunlar aýratyn orun eýeleýär. Oýunlar başlangyç synp okuwçylarynyň matematika bolan gyzyklanmasyny artdyryp, dersiň gyzykly geçmegine ýardam edýär. Oýunlaryň kömegi bilen okuwçylar sanlary, hasaplamalary we dürli matematiki düşünjeleri aňsat özleşdirýärler. Mysal üçin, sanlary deňeşdirmek, goşmak ýa-da aýyrmak bilen baglanyşykly oýunlar çagalaryň bilimini berkitmäge kömek edýär. Şeýle oýunlarda çagalar topar bolup işlemegi, meseleleri çözmegiň dürli ýollaryny gözleýärler. Bu bolsa olaryň döredijilikli pikirlenmek ukybyny ösdürýär. Matematika sapaklary üçin oýunlaryň köp görnüşi bar. Mysal üçin, «Kim tiz hasaplar?» oýnunda okuwçylar berlen meseleleri çalt we dogry çözmäge çalyşýarlar. Bu oýun olaryň hasaplama tizligini ösdürýär. «Sen tap!» oýnunda mugallym haýsy-da bolsa bir sany ýadynda saklaýar, okuwçylar bolsa sorag berip ýa-da maglumatlary ulanyp, şol sany tapmaga synanyşýarlar. Bu oýun logiki pikirlenmäni ösdürýär. Interaktiw usulda miltimedia tagtasynda geçirilýän oýunlar okuwçylaryň gyzyklanmasyny has-da artdyrýar. Okuwçylar diňe bir diňleýji bolman, eýsem, sapaga işjeň gatnaşýarlar. Mysal üçin, «Dogry jogaby saýla!» oýnunda interaktiw tagtada birnäçe jogap görkezilýär. Okuwçy berlen mysaly çözüp, dogry jogaby saýlaýar. «Sanlary ýerleşdir!» oýnunda bolsa okuwçylar sanlary kiçiden ulusyna ýa-da uludan kiçisine dogry tertipde ýerleşdirýärler. Bu oýun san düşünjesini berkitmäge kömek edýär. Umuman, okatmagyň oýun usuly başlangyç synplar üçin has-da täsirli we netijeli usullaryň biridir. Netijede, sapaklar has gyzykly, döwrebap we täsirli ýagdaýa eýe bolup, okuwçylaryň sapaga işjeň gatnaşmagyny üpjün edýär hem-de bilimleriň has berk özleşdirilmegine ýardam berýär. Bilim ulgamynda «Türkmenistanda umumybilim maksatnamalary boýunça okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmegiň 2028-nji ýyla çenli Konsepsiýasynyň» kabul edilmegi matematikany okatmagyň hiliniň ýokarlanmagyna uly täsir edýär. Häzirki zaman bilim Konsepsiýasy okuwçynyň döredijilikli, özbaşdak pikirlenýän şahsyýet hökmünde kemala gelmegine gönükdirilendir. Şol sebäpli sapaklarda diňe maglumat bermek bilen çäklenmän, okuwçylaryň işjeňligini artdyrýan usullardan, şol sanda tehnologiýalardan giňden peýdalanylýar. Başlangyç synplarda matematika sapagynda okatmagyň okuw maksatnamasynyň talaplaryna laýyklykda, okuwçylara meseleleri özbaşdak çözmek, toparlarda işlemek, pikir alyşmak we öz bilimlerini durmuşda ýerlikli ulanmak öwredilýär. Oýun usuly bu maksatlary amala aşyrmakda möhüm orun eýeleýär. Gülşirin MÄMMETNAZAROWA, Aşgabat şäherindäki 37-nji orta mekdebiň mugallymy.
Mekdebe barýan ýol
(oçerk) Şol gezek pygamber ýaşyna ýetiberen adam özünden, dogrusy-ha, ýaşan ýaşyndan, ömründe bitiren işinden razy boldy. Güýzüň ortasynda Derekli obasynyň bärsinde gadymy taryhyň galyndysydygyny ýatladyp, uzakdan seleňläp görünýän Şammy keliň galasynyň eteklerinde öz çekenesini otladyp ýördi. Gaýraky ýoldan dazlap gelýän ýeňil ulag onuň deňine gelip saklandy. Iki sany oral aýal düşdi-de, özüne tarap gaýtdy. Gelenler «Salamälik!» diýdiler-de, öňdäki aýal dillendi: — Ýaşuly, ýol soraýjakdyk, Aksaraýdan gaýtdyk, Bäşjykyra toýa barýadyk. Şu ýoldan gidip, haýsy tarapa sowulsakkak? — Oba girip, mekdebiň gabadyndan günbatara sowluň-da, göni gidiberiň. On minut çemesi ýöreseňiz, Bäşjykyryň baglary görnüp ugrar. Yzdaky aýal hümürdedi: — Dogry bolaýady-da hernä? — Şu wagta çenli Aramediň ula-kiçä ýol salgy berip, ýalňyşdyran ýeri ýokdur. Ýöräp ugran beýleki zenan hyrra yzyna öwrüldi: — Weý, şol on iki çagasyny ylym-bilimli edip ýetişdiren Aramet agamy siz? Ýaşuly gyrçuw sakgalyny gysymlap durşuna: — Beh, o gürrüň nireden gulagyňyza degip ýör, gyzym? — diýdi. Ulagyň gapysyny açan aýal mährem ýylgyrdy: — Ogul-gyzlaryny şeýdip ýetişdirip, uçurym eden atanyň özi bilmese-de, owazasy il aşýandyr, ýaşuly. Aramet aga tozany çala göze ilýän ulagyň yzyndan ýeňsesini sypalap seredip galdy. Göz öňüne bolsa ikinji ogly Hemra geldi. Mekdebi gutardy-da, «Menem doganym Akjagül, agam Iljan ýaly mugallym boljak» diýdi-de, ejesi Gurbangülüň tamdyrdan çykaran külçesinden dört sanysyny aldy-da, «Niredesiň Aşgabat?» diýip gaýdyberdi. Aramet aga «Okuwa» diýip ýüregini bire düwen oglunyň raýyny ýykmady. Diňe şeýle diýdi: — «Ýykyldym» diýip geläýseň, hon-ha, oglanlykda aýaňy gatadan pil bilen sapy ýylmanyp giden kesgir orak ýoluňa seredip durandyr. Hünäriň gowusy, aňrybaş halaly, der dökseň, bagta-berekede ýetirýäni zähmetdir, bilgin şuny! Dogruçyl, ýüregindäkini göni diýýän, dört synp bilimi bilenem hasapçy, ömrüniň ahyrynda-da «Aramet brigat» ady bilen ýakyn-alysda tanalan kakasynyň bu sözüniň hikmetiniň aňyrdandygyny, ýüzüni sallap geläýse, ornunyň meýdan, tutjak zadynyň pil-kätmen boljagyna düşünen Hemra ýüregindäki maksady üçin bilini berk guşamalydygyny aňryýany bilen aňdy. Synag edip görýän ýaly, «Ýeser ýerde gaý turdy» diýleni boldy. Şol döwürdäki Türkmen döwlet politehniki institutyna girmek synanyşygy başa barmady, rus dilinden asgyn geldi. Resminamalaryny yzyna alyp durka, äht etdi: «Diňe bu dili däl, beýleki daşary ýurt dillerinem suwara öwrenerin!». Yza bolsa ýol ýok. Pil bolmasa, kerpiç, sement eken-dä. Şol günüň özünde «Aşgabatgurluşyga» giren Hemra ertesi daň bilen indiki okajak ýeriniň — Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň binasyny gurup ýördi. Gijesine bolsa tä gözleri bürülýänçä kitap okaýardy. Ýüregini bire baglapdy, arzuwy fizika ugrundan okamakdy. Şonuň üçinem matematika, geometriýa, fizika, algebra... okuw kitaplary ýassygynyň aşagyndady. Mekdepde fizikadan okadan mugallymy Sapar Halowyň, matematika mugallymy Şamyrat Arazgylyjowyň, geografiýadan okadan Gurulbaý Orazmyradowyň, türkmen dili we edebiýat mugallymy Aşyr Ärnepesowyň ilik-düwme geçen sapaklary ýazylan küti depderlerini ýany bilen alany maňlaýyndan diräýdi. Iş buýrujydan-prorabyndan haýyş edip, rus işçileriniň ýanyna geçipdi. Şeýdibem, bu dili öz aýdyşy ýaly, «hatym» edip barýardy. Wagta salym barmy näme? Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň fizika fakultetine giriş synaglaryna baranda aýasam gatapdy, beýnisem bekäpdi. Mugallymlar «saýrap» duran, islendik soraga säginmän jogap berýän ýigide «berekella», zor bilim beren ýere — Durdy Gylyç adyndaky 46-njy orta mekdebiň mugallymlaryna hem gaýybana «sagbolsun» aýdypdylar. Şeýdibem 1968-nji ýylda talyplyk bagty nesip edipdi. Turuwbaşdan dyzmaç ýigit badyny gowşatmady. Şeýlelikde, 1973-nji ýylda uniwersiteti tapawutlanan diplom bilen tamamlady. Häsiýeti-gylygy hoşamaý, bilim gory ýetik, tutan işini bitirmäge döwtalap ýigit hemme ýerde-de arzyly. Hemra Aramedowy Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde laborant edip işe alyp galmaklaram şondan. Begenjinden guş bolup, ilki «gonan» ýeri dogduk ojagy bolupdy. Şonda özünden zyýat begenen käbesi, on iki çagany ösdürip ýetişdireni üçin «Gahryman ene» diýen hormatly ada eýe bolan Gurbangül daýza balasynyň diplomyny ýüzüne sylyp: — Beýleki çagalaryma-da nesip etsin-dä, hernä! — diýipdi. Enäniň ak süýt ýaly arzuwyna perişdeler «omyn!» diýen borly. Aramedowlaryň hemmesem ýokary hem ýörite orta bilimli boldular. Içinde mugallym hem, agronom hem, lukman hem, daýhan hem bar. Maşgalabaşy Aramet aga bolsa: — Öriňi täzelejek-dä onda? — diýip aýlawlyrak sowal beripdi. Gepiň manysyna düşünen Hemranyň jogaby aýgytlydan ynamly bolupdy: — Ylym dünýäsine gitjek, däde. Galanyny durmuşyň özi salgy berer. «Sen ýigit, ir-u-giç alym çykarsyň!» Bu sözi gysganman aýdan kän boldy. Şol wagt ol ömür uşlybynyň ylmyň belli bir çägine ýetensoň, mugallymçylyk kärine ulaşyp gitjegini gümanam etmändi. Dürli ministrlikleriň, edaradyr guramalaryň ylmy-taslama bölümlerinde, ylmy-barlag institutlarynda işlände-de, aspiranturada okanda-da, 1984-nji ýylda «Tehniki ylymlaryň kandidaty» diýen alymlyk derejesini alanda-da, soň kiçi, uly ylmy işgär bolup işlände-de, alym hökmünde Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň institutynda bölüm müdiri bolup zähmet çekende-de bir gylygy bardy. Ol hem mekdebiň deňesine baranda, säginip, çagalaryň gulagyňa hoş ýakýan sesine diň salardy, tanyş mugallymlaryna duşsa, tagzym bilen salamlaşardy. Nähilidir bir güýç ak mekdebe dartyp duran ýalydy. Ahyry ak mekdebe bolan höwesi ony 2000-nji ýylda Aşgabat şäherindäki 8-nji orta mekdebe işe getirdi. Matematika we informatika mugallymy bolup mekdepde işe başlanyny eşidenleriň: «Ylym dünýäsinde ümzügiň ileridi, gidiberseň, ylymlaryň doktoram bolardyň» diýenlerine jogaby taýyndy: «Bilim gory ýetik ylymda yz goýýandyr. Okuwçylary şu maksada gönükdiribilsem bolýar. Bilýäňiz-ä, bilim-terbiýäniň gory mekdepde tutulýandyr». Şeýdip, Hemra ylym dünýäsine däl-de, mekdebe barýan ýoly saýlady. Ol ýalňyşmandy. Mekdepde işläp ýörkä, Hemra Aramedowyň «Ýylyň mugallymy» diýen ada mynasyp bolanyny eşidip, gelip gutlan, jaň eden kän boldy. — Okuwçylara terbiýe ilki ýürege ornaýan söz hem-de şahsy görelde bilen berilýär. Hemişe ugur alýan bu ýörelgesiniň gaty dürsdügini Hemra mugallym 2005-nji ýylda paýtagtymyzdaky 35-nji orta mekdebe müdir bellenen badyna görkezdi. Mundan on ýyl çemesi ozalrak mekdeplerde daşary ýurt dillerini ornaşdyrmak hakynda döwlet derejesinde karar kabul edilende, ol ilkinjileriň biri bolup iňlis dilini öwredýän okuw merkezine ýazyldy. Köpler geň galdy: — Özüňiz-ä mekdep müdiri, gatnaýanlaryň arasynda-da iň ýaşulusy siz. Şeýdip, iňlis dilini öwrenmegiň üç basgançagyny gutardy. Bir gezek daşary ýurda gidilende, atalarynyň iňlis dilinde arkaýyn düşünişip durşuny görüp, agtyklary haýran galdy. Mähremlik bilen olaryň başyny sypan Hemra mugallym bolsa ýylgyryp, şeýle diýdi: — Bir ýyldan gowrak gatnan okuwymdan başga-da, internet sahypalaryndan öwrenenlerimi, gollanma, kitap, çuňlaşdyrylan sözlükleri alyp, ýatmankam nijemesini ýat tutup, boş wagtym işde okap öwrenenlerimi siz bilýänem dälsiňiz. Käriňi ykbalyňa öwürmeli. Şeýtseň, zähmetiň netijesini okuwçylaryňda, öwreden şägirtleriň işlerinde görüp bolýar. Hemra mugallymyň bu sözleri-de «hikmetli». Mekdebinden şäher çäginde, döwlet derejesinde geçirilen ders bäsleşiklerde baýrakly orun alan okuwçylary öz ugurlaryndan halypalary bilen egin deňleşip işläbem ýörler, başga kärlerde özüni görkezip, «meni Hemra mugallym okatdy» diýip, söýünçli sözläbem ýörler. Ýolbaşçylyk edýän mekdebiňi diňe paýtagtda däl, tutuş ýurt derejesinde iň göreldeli mekdepleriň birine öwräýmekde iş bar. Munuň üçin mugallymlardyr tehniki işgärleriň bir gulakdan deň gopmaly, ata-eneler bilen içgin gatnaşykda bolmaly, her okuwça aýratyn çemeleşip, başarnygyny-ukybyny açmaly, sapaklaryna höweslendirmeli, görkezme esbaplarydyr döwrüň täzeliklerini günübirin işe ornaşdyrmaly... Kärine kämilligiň, pedagogik ussatlygyň, adamçylyk gatnaşyklarynyň özboluşly nusgasyny özünde jemlän Hemra Aramedow 2008-nji ýylda «Türkmenistanyň at gazanan bilim işgäri» diýlen hormatly ada mynasyp boldy. Şol wagtlaram onuň pedagogika, terbiýä, bilimi döwür bilen deň alyp gitmäge, maşgala bilen mekdebiň gatnaşygyna, dünýä tejribesini milli bilime ornaşdyrmagyň ýollaryna bagyşlanan makalalarydyr çykyşlary döwürleýin neşirlerde häli-şindi çap edilýärdi. Häzir-ä olaryň sany 300-i tegeläberdi. «Sapaklary görkezme esbaplaryň esasynda guramak» ady bilen 2011-nji ýylda çap edilen okuw-usuly gollanmasam tüýs ýerine düşdi. Boş otursa, içi gysyberýän alym-mugallymyň fotoelektrik enjam, elektrodializ arkaly suwy süýjütmek, planimetriýa boýunça görkezme esbap, trigonomiýa ugruna degişli oýlap tapyşlaryna — ylmy işlerine önümçilige ornaşdyrmaga mynasypdygy üçin patentler berildi. Aşgabat şäherindäki ýöriteleşdirilen 28-nji orta mekdebine 2011-nji ýylda müdir bellenende, ol ýaýdanman durmandy. Dagy näme, paýtagtda iň uly — okuwçy sany tas 900-e ýetiberýän, mugallymlarynyň sany hem 50 çemesi bolan bilim ojagy. Onsoňam «ýöriteleşdirilen» diýlen söz köp zady aňladýar ahyry. Ilki bilen, sanly ulgamy işe juda berk ornaşdyrmaly, interaktiw sapaklaryň guralyşynda ýeke säwligem bolmaly däl. Iň esasam, öz mähriban ene dilimiz bilen deň derejede daşary ýurt dillerinem çagalaryň aňyna guýmaly, beýleki käbir sapaklary has çuňlaşdyryp öwretmeli. Aýdan gepiň bilen edýän işiň sazlaşsa abraý-mertebäňem artyk boluberýär. Bir gezek özünden has ýaşulurak adam ony ýokarky gata galyp barýarka saklady: — Hemra mugallym, inim, bir sözüň bilen şu mekdepde okaýan agtygymy hem-de meni monça etdiň. — O nähili sözkä, ýaşuly? — Düýn birinji gatdan ýokary çykjak bolup duranja oglany, öz-ä, ýaňy gatnap ugrana meňzeş çaga, şony «Hany balam, saňa kömekleşeýin» diýäge-de, gujagyňa alyp, okuw torbasynam deňäňe gelen ýokary synpdaky okuwçyň eline berdiň-de, galyberdiň. Içimden diýdim: «Bu mekdebe gatnaýanlaň atasy iki eken, biri öýde kyblaýy atasy, bärde-de gören okuwçysyny «balam!» diýip söýgüläp duran mekdep müdiri. «Balam» sözüni eşiden okuwçynyň ýüzüniň ýagtylyp gidişini görüp, ýüregim gobsunyp gitdi. Ol söz onuň kalbyna ýagtylyk, ýagşylyk guýýar, okuwyna-da yhlas döredýär, bilseň! Uzynakdan inçesagt, atýüzden nurana keşpli, gojalyga per bererden has çulum görünýän Hemra mugallym gürrüňdeşlikde sözüne dyngy berdi-de, mylaýym ýylgyrdy: — Men öwnen ýaly bolup otyryn weli, ýöne menden ählitaraplaýyn ökde birem bardyr... Meniň geňirgenip, oýlanjyranymy aňan maşgalabaşy gepine has süýjülik çaýdy: — Oňa Enebaý mugallym diýýärler. Türkmenistanyň halk magaryfynyň otliçnigidir özem. Gaýtalaýan sözem «Zenan mekdepde diňe mugallym däl, okuwçy üçin ene, öýde-de çagasy üçin nusga bolmalydyr» diýýär. Käte çagalary, agtyklary «Ene, indi işiňi bes edäý, dynjyňy al!» diýýäler. Şonda olaň başyny sypalaýar-da, «Wah, ataňyz bilen mekdebe barýan ýola düşmesem, bir zadym kem ýaly bolup dur-da, balalam!» diýýär. Bu söz maňa-da çakylyk ýaly bolup eşidilýär... Bu sözler baýry mugallymyň kalbynyň owazy, ýürek sözi. Hon-ha, Gün ujy gyzarmanka Köşiniň baýryndan uly ýola düşen ýeňil ulag hökman ak mekdebe barýan ýoly yzarlar. Sebäbi Aramet aganyň döwletli ojagyndan gözbaş alyp gaýdan şol ýol barha giňemek bilen. Aýdylyşy ýaly, dowamat-dowam bolýar. Gurbannazar ORAZGULYÝEW, Türkmenistanyň Hormatly il ýaşulusy, ýazyjy.
Kitap — ruhy baýlyk
Häzirki ajaýyp döwrümizde Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallalary netijesinde beýik işler durmuşa geçirilýär. Gazanylan hem gazanylýan üstünlikler Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüne aýratyn röwşenlik nuruny çaýyp, agzybir halkymyzyň şu gününe buýsanjyny, ýagty ertirimize ynamyny artdyrýar. Arkadagly Gahryman Serdarymyz «Ýaşlar — Watanyň daýanjy» atly kitabynda: «Watana söýgi — halka söýgi. Bu ýöne bir döräýen jümle däl. Watanyň öý-ojakdygyny, ýaşaýan, okaýan, işleýän ýeriňdäki adamlardygyny durmuşyň özi görkezýär. Halkyň jebisligi, adamlaryň özara ynamy kemala gelip, umumy maksadyň hatyrasyna beýik işler amala aşyrylýar. Hiç bir zada tötänlik diýip bolmaýar. Beýik işler bilime daýanýar, bilim bolsa terbiýe bilen geçmeli gymmatlykdyr. Biziň halkymyz kitaphon halk. Kitap okalyp, onuň mazmuny köpçülige ýetirilensoň, ol ruhy baýlyga öwrülýär. Kitapdan okalan, öwrenilen gymmatly bilimler hem terbiýäniň üsti bilen geljekki ýaşlara geçirilýär» diýip belleýär. Häzirki ajaýyp döwrümizde diňe bir paýtagtymyzyň kitaphanalary däl, eýsem, ähli welaýatlarymyzyň kitaphanalary-da ösen döwrüň talaplaryna doly laýyk gelýär. Ak mermerli binalarda ýerleşýän kitaphanalarda kitaplaryň talabalaýyk saklanmagy, okyjylaryň ylym öwrenmekleri üçin ähli amatly şertler döredilendir. Kitaphanalarda ornaşdyrylan döwrüň iň kämil innowasion enjamlary bolsa gerekli kitaby ýurdumyzyň islendik kitaphanasyndan elektron görnüşde sargyt edip almaga mümkinçilik berýär. Kitabyň gymmaty, durmuşdaky tutýan orny hakynda akyldarlaryň, alymlaryň parasatly sözleri bar. Şol parasatly sözlerde kitabyň nesil terbiýesinde hem-de ynsanyň kämilligi üçin uly hazynadygy beýan edilýär. Kitap okamak ynsanyň pikirlenişini kämilleşdirýär. Şonuň üçin ýaş nesillere kitap okamagy öwretmek, olaryň gündelik durmuşynda kada bolmagyny gazanmak terbiýe bilen berk baglanyşyklydyr. Aýratyn hem, nesil terbiýesinde kitaplaryň, nakyllaryň orny uludyr. Ata-babalarymyz paýhasly sözleri beýan etmek bilen ýaşlaryň kämil ylymly-bilimli bolmaklaryny gazanypdyrlar. Bäş müňýyllyk taryhly türkmen ynsan ruhunyň iň ýokary mukaddesligi bolan kitaby ömrüniň müdimilik hemrasy edinipdir. Nurmyrat Saryhanowyň «Kitap» atly hekaýasynda Welmyrat aganyň maşgalanyň ýeke-täk eklenç çeşmesi bolan düýesini akyldar şahyr Magtymgulynyň şygyrlary jemlenen kitaba çalşyp gelmeginiň özi halkymyzyň kitaba, söze goýýan sarpasyny tassyklaýan aýdyň subutnamadyr. Gültäç SAPARDURDYÝEWA, Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň ylmy kitaphanasynyň I derejeli işgäri.
«Akylly» şäherde mekdep bazarlary
Ýurdumyzda her ýyl okuw möwsüminiň öň ýanynda guralýan mekdep bazarlarynda okuwçylar üçin zerur bolan dürli görnüşli okuw esbaplary, mekdep lybaslary, kanselýariýa önümleri, torbalardyr portfeller, kitap-depderler we beýleki harytlar alyjylara hödürlenýär. «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynyň 1-nji awgustyndan başlap, ýurdumyzyň ähli sebitleri bilen bir hatarda Arkadag şäherinde hem mekdep bazarlarynyň işi guramaçylykly ýola goýuldy. «Akylly» şäheriň döwrebap «Gökdere» söwda-dynç alyş merkezinde, Söwda toplumynda hem-de beýleki ilatly nokatlarda guralan mekdep bazarlary hödürlenýän harytlaryň köpdürlüligi, ýokary hili we elýeterliligi bilen tapawutlanýar. Häzir olar bu ýeriň ýaşaýjylarynyň iň bir gelim-gidimli ýerleriniň birine öwrüldi. Ata-eneler çagalary, talyplar bolsa dost-ýarlary bilen gerekli okuw esbaplaryny saýlap alýarlar. Ýaňyja alan torbalaryny kitap-depderler, ýüreklerini täze arzuw-maksatlar bilen dolduran çagalar 2026-2027-nji okuw ýylynyň ýaşlaryň guwandyryjy bilim üstünlikleri bilen rowaçlanjakdygyny aňladýar. Söwda nokatlarynda alyjylara hyzmat etmegiň medeniýetine, harytlaryň tertipli ýerleşdirilmegine we olaryň hiline aýratyn üns berilýär. Şeýle çemeleşme ata-eneleriň wagtyny tygşytlamaga hem-de zerur harytlaryň ählisini bir ýerden saýlap almaga mümkinçilik berýär. Mekdep lybaslary bazarlaryň esasy bölegini düzýär. Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrliginiň kärhanalary tarapyndan tebigy, arassa pagtadan tikilen lybaslar özüniň döwrebap biçüwi bilen alyjylaryň arasynda uly islegden peýdalanýar. Gyzlar üçin niýetlenen mekdep köýnekleri millilik bilen döwrebaplygy özünde jemleýär. Sport egin-eşiklerinde bolsa şanly ýylyň nyşany mynasyp şöhlelendirilipdir. Mundan başga-da, syýa we reňkli galamlar, akwarel boýaglary, çyzgy esbaplary, albomlar hem-de beýleki zerur harytlar söwda dükanlarynyň tekjelerini bezeýär. Ýurdumyzyň häzirki zaman keşbi, gözel tebigaty, milli nyşanlar bilen bezelen depderler, gündelikler, ýandepderçeler göwnüňi göterýär. Bu harytlaryň aglabasy ýurdumyzyň hususy önüm öndürijilerine degişlidir. — Arkadag şäherinde ýaş nesil üçin döredilýän mümkinçilikler ene hökmünde bizi diýseň buýsandyrýar. «Gökdere» söwda-dynç alyş merkeziniň öňünde guralan mekdep bazary çagalarymyzyň okuw üçin gerekli ähli esbaplary bilen doly üpjün edilipdir. Bahalaryň elýeterliligi saýlan harydyňy arkaýyn almaga mümkinçilik berýär. Söwda merkezlerinde nagt däl töleg ulgamynyň ornaşdyrylmagy, şeýle hem harytlary internet üsti bilen sargyt etmek ýaly goşmaça amatlyklar aluw-satuw işini ep-esli ýeňilleşdirýär. Juwan şäherimiziň söwda nokatlarynda döredilen şeýle oňyn şertler, harytlaryň bolçulygy, ýokary hilli hyzmatlar eşretli döwrümiziň, abadan, asuda durmuşymyzyň nyşanydyr — diýip, Arkadag şäheriniň ýaşaýjysy Aýşa Öwezmyradowa gürrüň berdi. Maksatmyrat ÇARYÝEW. «Türkmenistan». Surata düşüren Myrat Baýramow
Товары для учащихся
Скоро в школу. Дети и их родители уже живут заботами о том, что нужно купить ребёнку к началу учебного года, как выбрать необходимые предметы школьного обихода. С приближением нового учебного года возобновили свою работу школьные базары, состоящие из многочисленных павильонов и передвижных торговых точек. 30 из них относятся к велаятскому потребительскому обществу и обслуживают самые отдалённые сёла западного региона, обеспечивая их жителей всем необходимым – от одежды до канцелярских товарами. Крупные павильоны работают при рынках и торговых центрах городов Балканабат и Туркменбаши, в центрах этрапов, в жилых массивах посёлков организованы передвижные торговые точки. Товароведы и продавцы делают всё от них зависящее, чтобы наполнить прилавки широким ассортиментом продукции. От разнообразия, изобилия товаров у детей разбегаются глаза. Каждому хочется пойти в школу с новым ранцем, упакованным школьными принадлежностями, в новой одежде и обуви. Действенную помощь в этом оказывают товароведы и продавцы, всегда готовые помочь в выборе. Различные виды форменной одежды для детей также можно приобрести в Балканабатском филиале столичного торгово-маркетингового центра «Altyn asyr». В насыщении школьных базаров различными товарами принимают участие производители государственного и частного сектора. Одежда в основном поступает со швейных предприятий этрапа Махтумкули и Берекетского, а чулочно-носочные изделия – с Балканабатского частного предприятия «Batly gadam». – Обувь у нас высокого качества, – рассказывает продавец магазина частного предприятия «Röwşen aýakgaplary» г. Туркменбаши Маликберди Гельдимурадов, – выполнена из натуральной кожи, отличающейся высокой экологичностью и привлекательным товарным видом, конкурентоспособностью на рынках сбыта. В настоящее время большим спросом пользуется обувь для детей и юношей. В велаяте работают два обувных магазина нашего предприятия – в городах Балканабат и Туркменбаши. Обувь реализуется по доступной цене, что полностью удовлетворяет потребности покупателей. Растёт спрос и на спортивные кроссовки, ведь дети активно занимаются физической культурой и спортом. В сфере торговли стартовала подготовка к новому 2026-2027 учебному году в Балканском велаяте. И хотя продолжаются каникулы, шумят уже школьные базары, предлагая большой выбор товаров – качественных и востребованных. Тойджан БОРДЖАКОВ, «НТ». Фото Андрея ПАКУЛОВА.
Täze Kararnama: ählumumy bähbitleri nazarlap
Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň berk binýadyny goýan beýik işlerini üstünlikli dowam etdirýän hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistanyň ýene-de bir wajyp başlangyjy Birleşen Milletler Guramasynda biragyzdan goldaw tapdy. Şu ýylyň 24-nji iýulynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 80-nji sessiýasynyň 106-njy plenar mejlisinde Türkmenistanyň başlangyjy bilen hödürlenen «2028-nji ýyl — Halkara hukuk ýyly» atly Kararnamanyň biragyzdan kabul edilmegi döwletimiziň parahatçylygy dörediji daşary syýasatynyň we diplomatiýasynyň dünýäde barha artýan oňyn täsirine aýdyň şaýatlyk edýär. Bu wajyp halkara resminamanyň awtordaşlary hökmünde 78 döwletiň çykyş etmegi hem ýurdumyzyň adamzadyň ählumumy bähbitlerini nazarlaýan asylly başlangyçlarynyň dünýäde giňden ykrar tapýandygyny, halkara hukugy berjaý etmegiň, oňa hormat goýmagyň we kämilleşdirmegiň häzirki döwürde örän derwaýys derejä çykandygyny görkezýär. Täze Kararnamanyň taslamasy hödürlenilende, türkmen tarapy çuňňur ählumumy özgertmeleriň häzirki şertlerinde halkara hukuga hormatyň pugtalandyrylmagynyň dünýäde parahatçylygy we howpsuzlygy üpjün etmegiň, Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmegiň, şeýle hem netijeli köptaraplaýyn hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmegiň möhüm şerti bolup durýandygyny belledi. Bu resminamanyň kabul edilmegi Türkmenistanyň halkara hukugyň hökmürowanlygyny ilerletmek, parahatçylyk medeniýetini, ynanyşmagy we Birleşen Milletler Guramasynyň çäklerinde oňyn köptaraplaýyn hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak boýunça alyp barýan yzygiderli işleriniň halkara bileleşik tarapyndan ykrar edilýändiginiň nobatdaky aýdyň güwäsi boldy. Soňky onýyllyklaryň giň gerimli özgertmeleriniň many-mazmunyna çuňňur göz aýlanyňda, XXI asyryň ikinji çärýeginiň başynda Türkmenistanyň halkara işjeňliginiň ep-esli artýandygyny, onuň syýasy, diplomatik, durmuş-ykdysady, medeni we ynsanperwer tagallalaryň giň gerimini öz içine alýandygyny görmek bolýar. Bu tagallalar Ýer ýüzünde parahatçylyk we howpsuzlyk ýaly adamzadyň iň ýokary gymmatlyklaryny üpjün etmäge, ýaragly çaknyşyklaryň öňüni almaga hem-de milletleriň arasyndaky ynamy berkitmäge gönükdirilendir. Türkmenistan giň gerimli halkara hyzmatdaşlygy durmuşa geçirmek bilen, parahatçylyk söýüjilik, ynsanperwerlik ýörelgeleriniň ileri tutulmagy ýaly belent maksatlara eýerýär. Şunda parahatçylygy we howpsuzlygy üpjün etmek, ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplyk hukuk derejesiniň ähmiýetini dünýäde giňden ýaýmak, daşary ykdysady gatnaşyklary okgunly giňeltmek we diwersifikasiýalaşdyrmak, durnukly ösüşe, halkara gatnaşyklaryň has ynsanperwer bolmagyna ýardam bermek ýaly wajyp wezipeleri ýerine ýetirmekden ugur alynýar. Bitarap türkmen döwleti halkara meseleleri çözmekde, sebit hyzmatdaşlygynda deňhukukly çemeleşmelere, adalatly çözgütlere aýratyn üns berýär. Munuň özi islendik ýagdaýda dawalara ýol bermezlige, derwaýys meseleleri özara düşünişmek esasynda hem-de halkara hukuga laýyklykda çözmeklige gönükdirilendir. Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen döredilen hem-de geljek ýylda özüniň 20 ýyllygyny bellejek Birleşen Milletler Guramasynyň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň işini hem şeýle tagallalara mysal hökmünde görkezip bolar. Bu merkeziň öňüni alyş diplomatiýasyny ösdürmekde, sebit howpsuzlygyny pugtalandyrmakda, Merkezi Aziýa döwletleriniň arasynda ynanyşmagy we özara düşünişmegi berkitmekde özboluşly meýdança hökmünde möhüm ähmiýete eýedigi BMG-niň Baş Assambleýasynyň birnäçe Kararnamasy bilen tassyklanyldy. Şeýle hem sebit hyzmatdaşlygyny mundan beýläk-de kämilleşdirmek, parahatçylyk we dialog medeniýetini ilerletmek, sebitde parahatçylygy, howpsuzlygy we durnukly ösüşi üpjün etmäge gönükdirilen başlangyçlary bilelikde durmuşa geçirmek meselelerine aýratyn üns berilýär. Türkmenistanyň Konstitusiýasynda döwletimiziň dünýä bileleşiginiň doly hukukly subýekti bolup, daşary syýasatda hemişelik bitaraplyk, beýleki ýurtlaryň içerki işlerine gatyşmazlyk, güýç ulanmakdan we harby bileleşiklere hem birleşmelere gatnaşmakdan ýüz döndermek, sebitiň ýurtlary we dünýä döwletleri bilen parahatçylykly, dostlukly, özara bähbitli gatnaşyklaryň ösmegine ýardam etmek ýörelgelerine eýerýändigi berkidilendir. Şunuň bilen birlikde, Esasy Kanunymyzyň 9-njy maddasynda: “Türkmenistan halkara hukugyň umumy ykrar edilen kadalarynyň ileri tutulmagyny ykrar edýär” diýlip kesgitlenendir. Şu belent kadalardan we ýörelgelerden ugur almak bilen, Türkmenistanyň daşary syýasatynyň öňünde howpsuzlygyň toplumlaýyn we ygtybarly ulgamyny üpjün etmek, ýurduň Garaşsyzlygyny we özygtyýarlylygyny berkitmek, şeýle-de hemişelik Bitaraplyk hukuk derejesine gyşarnyksyz eýermek bilen, halkara giňişlikde parahatçylygyň, howpsuzlygyň we durnukly ösüşiň pugtalandyrylmagyna ýardam bermek ýaly wezipeler durýar. Türkmenistan daşary ýurtlar bilen, şeýle hem halkara guramalaryň çäklerinde dostlukly, deňhukukly, özara bähbitli gatnaşyklary ösdürmäge we giňeltmäge, dünýäniň ykdysady, medeni-ynsanperwer giňişligine deňhukukly goşulyşmaga, bu gatnaşyklaryň mundan beýläk-de ösdürilmegine, diwersifikasiýalaşdyrylmagyna ýardam berjek zerur şertleri döretmäge ygrarlylygyny aýan edýär. Türkmen döwleti halkara meseleleri çözmegiň köpçülikleýin başlangyçlaryna, halkara hukugyň hökmürowanlygyna, ilkinji nobatda, Birleşen Milletler Guramasynyň Tertipnamasynyň düzgünlerine, şeýle hem halkara gatnaşyklary kadalaşdyrýan esasy gurama hökmünde BMG-niň merkezi utgaşdyryjy ornunyň saklanylmagynda döwletleriň arasynda deňhukukly we özara bähbitli hyzmatdaşlyga esaslanýan adalatly, demokratik halkara ulgamy kemala getirmek üçin parahatçylygyň, ählumumy howpsuzlygyň we durnuklylygyň hemmetaraplaýyn pugtalandyrylmagyna gönükdirilen ugry işjeň ýagdaýda ilerletmäge ýardam edýär. Şunda Gahryman Arkadagymyzyň işläp düzen we teklip eden «Dialog — parahatçylygyň kepili» atly filosofiýasy halkara hukuk gatnaşyklarynda hem binýatlyk ähmiýete eýedir. Şu nukdaýnazardan ýurdumyz umumadamzat bähbitli halkara başlangyçlary durmuşa geçirmek boýunça işleriniň ählumumy ykrar edilmegi ugrundaky çäreleri işjeňleşdirmek, döwletara gatnaşyklarda halkara-hukuk, syýasy-diplomatik taýdan çemeleşmek, halkara gapma-garşylyklary çözmegiň ýeke-täk kabul ederlikli usuly hökmünde syýasy dialogy we diplomatik gepleşikleri ykrar etmek ýaly garaýyşlardan ugur alýar. Hormatly Prezidentimiz 2028-nji ýyly «Halkara hukuk ýyly» diýip yglan etmek baradaky başlangyjy 2025-nji ýylyň sentýabrynda BMG-niň Baş Assambleýasynyň 80-nji sessiýasynda öňe sürdi. Bu strategik başlangyç diňe bir syýasy däl, eýsem, adamzat bähbitli ynsanperwerlik ýörelgeleriniň dünýä derejesinde dabaralanmagyna hyzmat edýär. Munuň özi parahatçylygyň we halkara hyzmatdaşlygyň hukuk esaslaryny berkitmekde möhüm ädim bolmak bilen, Türkmenistanyň hoşniýetli goňşuçylyk, dialog we özara hormat goýmak ýörelgelerine ygrarlylygyny görkezýär. Ýeri gelende bellesek, Türkmenistanyň resmi wekiliýeti şu ýylyň fewralynda Dubaý şäherinde bolup geçen «Bütindünýä hökümet sammiti — 2026» forumynda halkara hyzmatdaşlykda öňüni alyş döwlet dolandyryşynyň köptaraplaýyn platformasyny döretmek baradaky teklip bilen hem çykyş etdi. Öňüni alyş döwlet dolandyryşynyň milli, sebit we halkara derejelerde geljekki hyzmatdaşlyk düzümleriniň arhitekturasynyň durnukly bölegine öwrülmeginde halkara hukuga hem ähmiýetli orun degişli. Bu babatda durnukly ählumumy dolandyryşyň berk halkara hukuk binýadynyň bolmalydygy nygtalýar. Şu sebäpli hem Türkmenistan Birleşen Milletler Guramasynyň çäklerinde 2028-nji ýyly «Halkara hukuk ýyly» diýip yglan etmek baradaky başlangyjy öňe sürdi. Şol başlangyjyň maksady öňden bar bolan hukuk binýadyna hormaty berkitmekden we dikeltmekden, onuň hemmetaraplaýyn, bölünmez häsiýetini üpjün etmekden ybaratdyr. Türkmen tarapy 2028-nji ýyly we oňa taýýarlyk döwrüni ählumumy özgertmeleriň, güýçleriň deňagramlylygynyň üýtgemeginiň we täze gapma-garşylyklaryň görnüşleriniň ýüze çykmagynyň şertlerinde halkara hukugyň orny baradaky giň gerimli dialog, şeýle hem öňüni alyş diplomatiýasynyň we jedelleriň parahatçylykly çözülmeginiň hukuk binýadyny berkitmek üçin mümkinçilik hökmünde görýändigini aýratyn nygtady. Mahlasy, Bitarap Türkmenistanyň başlangyjy boýunça Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň «2028-nji ýyl — Halkara hukuk ýyly» atly Kararnamasynyň biragyzdan kabul edilmegi her birimizde çuňňur buýsanç döretmek bilen birlikde, ýokary jogapkärçiligi hem artdyrýar. Häzirki zamanyň derwaýys meseleleriniň çözgüdini tapmaga gönükdirilen şeýle halkara başlangyçlarydyr teklipleriniň yzygiderli durmuşa geçirilmegi Türkmenistanyň dünýä we sebit syýasatyndaky ähmiýetli ornuny has-da berkidýär hem-de mazmun taýdan baýlaşdyrýar. Nurmuhammet ŞYHLYÝEW, Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň prorektory, taryh ylymlarynyň kandidaty.
Ynsan hünäri bilen eziz
Häzirki döwürde ýurdumyzda milli ykdysadyýetimizi halkara derejede ösdürmäge ukyply, jemgyýetçilik durmuşynda möhüm orny eýeläp, halkymyzyň bagtyýar, abadan durmuşyna gönükdirilen beýik işlere mynasyp goşant goşjak ýokary bilimli hünärmenleriň taýýarlanylmagyna uly ähmiýet berilýär. Şunuň bilen baglylykda, Diýarymyzyň ähli sebitlerinde ýerleşýän ýokary we orta hünär okuw mekdeplerinde 2026-2027-nji okuw ýyly üçin giriş synaglaryna guramaçylykly girişildi. Gahryman Arkadagymyzyň paýhas-yhlasyndan, hormatly Prezidentimiziň bimöçber tagallalaryndan binýat bolan Arkadag şäheriniň degişli bilim edaralarynda hem bu möwsüm uly üstünliklere beslenip dowam edýär. Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynda, Berdimuhamet Annaýew adyndaky Arkadag şäher mugallymçylyk, Saçly Dursunowa adyndaky Arkadag şäher lukmançylyk orta hünär okuw mekdeplerinde giriş synaglary guramaçylykly ýola goýuldy. Sahy Jepbarow adyndaky Arkadag şäher ýörite sungat mekdebinde bolsa synaglar üstünlikli tamamlandy. Giriş synaglarynyň barşynda dalaşgärleriň bilimini, ukyp-başarnyklaryny adalatly bahalandyrmak üçin bilim edaralarynda döwrebap mümkinçilikler hem-de ähli zerur şertler döredildi. Okuw mekdeplerine zehinli, yhlasly, saýlap alan hünärine söýgüsi bolan, mynasyp ýaşlary kabul etmäge aýratyn üns berildi. Çünki Gahryman Arkadagymyz, Arkadagly Gahryman Serdarymyz bilim işgärlerine hem-de ýurdumyzyň geljegi bolan ýaşlara uly ynam bildirýär. Ynamy ödemek — häzirki zaman ylym-biliminden, kämil tehnologiýalardan baş çykaryp bilýän, Watana wepaly, il-güne haýyrly zähmetsöýer ýaşlary kemala getirmek bolsa pedagoglaryň öňündäki mukaddes borçdur. Behişdi bedewleriň asyl mekanynda bina edilen atçylyk ugurly ýokary okuw mekdebiniň tejribeli mugallymlarynyň buýsanç bilen belleýşi ýaly, şu ýyl ýurdumyzyň dürli sebitlerinden atşynaslyk hünärine ykbalyny baglamagy höwes edýän ýaşlaryň sany has-da köp boldy. Ýokary okuw mekdebinde atçylyk, weterinar lukmançylygy, seýisçilik, atly sport we atly syýahatçylyk, milli at üstündäki oýunlar, sirk sungaty, oba hojalygynyň ykdysadyýeti we dolandyrylyşy, buhgalterçilik hasaba alnyşy we audit hünärleri boýunça ýaşlara ýokary bilim berilýär. Atly sport we milli at üstündäki oýunlar hünärleri boýunça giriş synaglary, ilkinji nobatda, dalaşgärleriň ahalteke bedewlerine erk edip bilşi bilen baglanyşykly geçirilýär. Çünki bu hünäre isleg bildirýän ýaşlarda höwes bilen birlikde, bedewlere bolan özboluşly söýgi, aýratyn ukyp-başarnyk hem zerur. Ynsan gylykly bedewleriň duýgurlygy atly sporta dalaş edýän ýaşlaryň başarnygyny açyp görkezmäge ýakyndan ýardam edýär. Ýeri gelende bellesek, ýurdumyzda behişdi bedewlerimize aýratyn gadyr-gymmat goýulýar. Olaryň şan-şöhraty dünýä ýüzünde belende göterilýär. Şunda ýurdumyzyň atçylyk toplumlaryna, «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparyna, şeýle hem Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasyna aýratyn orun degişli. Çünki dünýäniň dürli künjeginde geçirilýän at çapyşyklarynda, gözellik bäsleşiklerinde atçylyk ugurly sport bäsleşiklerinde ahalteke bedewleriniň gazanýan üstünlikleri buýsanmaga mynasyp. Halkymyzda kesp-kär, hünär meselesine örän çynlakaý garalýar. Ata-babalarymyz bala-çagalaryna heniz kiçi döwürlerinden haýsy hem bolsa bir hünäri öwretmegiň aladasynda gezipdirler. Muňa halkymyzyň döreden «Ýigit görki — hünär», «Hünär — akar bulak, ylym — ýanar çyrag», «Hünärli — zor, hünärsiz — hor», «Ýigide müň dürli hünär hem az», «Hünär eýesini eziz eder», «Hünärli ýigit — miweli agaç» ýaly nakyllarydyr atalar sözleri mysaldyr. Şol döwürlerde oglanlara daýhançylygyň, maldarçylygyň, külalçylygyň, ussaçylygyň, seýisçiligiň inçe syrlary öwredilen bolsa, gyzlara haly, keteni dokamak, köýnek tikmek, tahýa gaýamak, jorap örmek we beýleki el işleri öwredilipdir. Türkmençilik mekdebini geçip, hakyky zähmet terbiýesinde kemala gelen nesiller il-güne, Watana wepaly adamlar bolup ýetişipdirler. Bu dowamat asyrlardan asyrlara sapyp, halkymyzyň iň asylly ýörelgeleriniň birine öwrülipdir. Görnüşi ýaly, bu ýörelgeler Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hem mynasyp dowam etdirilýär. Sanlyja günlerden elleri kitap-depderli, ýürekleri müň dürli arzuwdan doly ýaşlaryň müňlerçesi talyp diýen belent adyň eýesi bolup, bilimler dünýäsiniň işiginden ätlärler. Üstünlik hemraňyz bolsun, gadyrly ýaşlar! Maksatmyrat ÇARYÝEW. «Türkmenistan».
Mekdep bazarlary işläp başlady
1-nji awgustda ýurdumyzda täze, 2026-2027-nji okuw ýylynyň ýetip gelýändigini buşlaýan mekdep bazarlary işläp başlady. Däp bolşy ýaly, ýurdumyzyň bazarlarynyň, iri söwda merkezleriniň ýanynda okuwçylardyr talyplar hem-de mugallymlar üçin ähli gerekli harytlary özünde jemleýän göçme söwda nokatlary döredildi. Ilkinji günden başlap göçme söwda nokatlarynyň töwereginiň köp adamly bolmagy “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany” ýylynyň täze okuw möwsümine hemmeleriň sabyrsyzlyk bilen garaşyp, ony ykjam we mynasyp garşylamagy maksat edinýändigini görkezýär. Şu ýyl ak mermerli paýtagtymyzyň çäginde mekdep harytlarynyň göçme söwdasyny amala aşyrýan nokatlaryň 60-a golaýyny gurnamak meýilleşdirildi. Munuň özi ilatyň bölek söwda hyzmatlaryndan netijeli peýdalanmagy, zerur harytlary bir ýerden, amatly görnüşde satyn almagy ugrunda döwletimiz tarapyndan edilýän uly aladalaryň ýene-de bir görkezijisidir. 24-nji iýulda sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisinde hormatly Prezidentimiz ilatymyzyň dürli görnüşli mekdep harytlaryna bolan isleglerini öwrenip, täze okuw ýylyna taýýarlyk bilen bagly göçme söwda nokatlaryny gurnamagyň möhümdigini nygtap, bu boýunça anyk tabşyryklary berdi. Hödürlenilýän harytlaryň köpüsiniň ýurdumyzda öndürilýändigini bellemek gerek. Olar ekologik taýdan arassalygy, ýokary hilliligi we amatlylygy bilen aýratyn tapawutlanýar. Hususan-da, Dokma senagaty ministrliginiň kärhanalary tarapyndan öndürilen, gyzjagazlar üçin niýetlenen ýaşyl penjeklere we milli keşdeli köýneklere, öňlüklere, oglanjyklar üçin nusgawy biçüwli kostýumlara, ak köýneklere, sport egin-eşiklerine isleg has-da ýokary. Mekdep sumkalarydyr talyp portfelleri, rahat aýakgaplar hem köpgörnüşliligi bilen tapawutlanýar. Şeýle hem gündelikler, kartalar, surat we çyzuw albomlary, ders hem-de umumy depderler, dürli reňkli galamlar we başga-da ençeme esbaplar satuwa çykarylypdyr. Önümleriň bezeginde mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýylynda ýetilen sepgitleri, şäherlerimiziň we tebigatymyzyň gözelliklerini şöhlelendirýän şekillere, hususan-da, şanly ýylymyzyň baş nyşany bolan behişdi bedewleriň täze belentliklere we üstünliklere ruhlandyrýan okgunly keşbine möhüm orun berlipdir. Paýtagtymyzyň ýaşaýjylarynyň we myhmanlarynyň iň gelim-gidimli bazarlary bolan “Altyn Asyr” Gündogar, “Teke”, “Gülüstan” bazarlarynyň çäginde mekdep harytlarynyň göçme söwda nokatlary aýratyn bölegi emele getirýär. Mekdep harytlarynyň göçme söwda nokatlarynyň her gün ir säherden tä agşama çenli işlemegi alyjylar üçin has-da amatlydyr. — Täze okuw ýylyna ýurdumyzyň tikinçilik fabrikleri we dokma kärhanalary hem ykjam taýýarlyk gördüler. Olar ýurdumyzda ösdürilip ýetişdirilen pagtadan taýýarlanan, okuwçylar we talyplar üçin niýetlenen mekdep we sport egin-eşikleriniň, aýakgaplaryň hem-de beýleki dokma harytlarynyň täze görnüşlerini halkymyza hödürleýärler. Bu önümler ykjam biçüwi we bedene rahatlygy bilen tapawutlanýar. Şu günler Dokma senagaty ministrligine degişli 80-e golaý dükana, mekdep bazarlarynyň çägindäki dokma önümleriniň söwda nokatlaryna gelýänleriň aglabasynyň täze okuw ýylyna taýýarlyk görýän ata-enelerdigini we okuwa höwesli ýaşlardygyny bellemek gerek. Munuň özi halkymyzyň ylym-bilime uly sarpa goýýandygyny görkezýär — diýip, “Altyn asyr” harytşynaslyk merkeziniň satyjysy Akmyrat Ulugberdiýew söhbetdeş bolanymyzda aýtdy. Begli ABDYKADYROW. «Türkmenistan». Surata düşüren Maksat GYLYJOW.
Радости лета
Забота о здоровье и отдыхе подрастающего поколения – одно из приоритетных направлений социально ориентированной политики Президента Туркменистана. На это нацелена и Государственная программа «Saglyk», успешно реализуемая в нашей стране, где всё лучшее предназначается детям. Яркое подтверждение тому – самые живописные места нашей Родины в горах и у моря, где функционируют современные детские оздоровительные центры. Август – последний месяц школьных каникул. И хотя уже открываются школьные базары, призывая готовиться к новому учебному году, летний отдых продолжается. В детских оздоровительных центрах, где стартовали заключительные смены, – настоящее ребячье царство, жизнь кипит, заполняя каждый день отдыха интересными делами, творчеством, спортивным задором. Конкурсы и занятия рукоделием выявляют самых талантливых, а спортивные состязания – самых быстрых, ловких и сильных. Школьники пополняют на отдыхе багаж полезных знаний и практических навыков в различных сферах, в том числе касающихся экологической культуры и здорового образа жизни. Многие из них обрели новых друзей. Незабываемым для детей стал и летний отдых на Каспийском побережье в центре детского и семейного отдыха «Arzuw». Каждый день здесь расписан поминутно, наполнен увлекательными событиями. Внимание взрослых, доверительная и доброжелательная обстановка способствуют раскрытию творческих способностей детей. Так появлялись здесь свои поэты и художники, артисты, музыканты и певцы. В распоряжении детей садово-парковые комплексы с игровыми аттракционами «Älemgoşar», «Jadyly kenar», «Deňiz merjeni», аквапарк «Awaza», где детвора чувствует себя как в мире сказок. Экзотическая дивная природа, море и солнце, восторг от всего увиденного оставляют незабываемые впечатления не только у детей, но и их родителей. Яркие мгновения летнего отдыха в оздоровительном центре «Arzuw» запечатлел фотокор из Балканского велаята. Тойджан БОРДЖАКОВ, «НТ». Фото Андрея ПАКУЛОВА.
Gahryman Arkadagymyzyň eserleri — ruhy kämilligiň çeşmesi
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň gazanýan beýik üstünlikleri halkymyzyň köpasyrlyk taryhy, milli gymmatlyklary, ruhy baýlygy we döwletlilik ýörelgeleri bilen berk baglanyşyklydyr. Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ýurdumyzda amala aşyrylýan giň gerimli özgertmeleriň baş maksady adam hakynda alada, ýaş nesliň döwrebap bilim almagyna, ýokary ahlakly, watansöýüji, giň dünýägaraýyşly şahsyýetler bolup kemala gelmegine ähli şertleri döretmekden ybaratdyr. Bu beýik maksatlara ýetmekde Gahryman Arkadagymyzyň ylmy, taryhy, pelsepewi we çeper eserleriniň ähmiýeti örän uludyr. Kitap adamzat siwilizasiýasynyň iň gymmatly miraslarynyň biri bolup, ynsan aňynyň ösmegine, dünýägaraýşynyň giňelmegine, ahlak taýdan kämilleşmegine uly täsir edýär. Şonuň üçin ýurdumyzda kitap medeniýetini ösdürmäge, ýaşlaryň kitaba bolan söýgüsini artdyrmaga, milli edebi mirasy öwrenmäge aýratyn ähmiýet berilýär. Gahryman Arkadagymyzyň döreden eserleri bu ugurda esasy orun eýeleýär. Gahryman Arkadagymyzyň «Ömrümiň manysy» atly eseri ynsan durmuşynyň manysy, halal zähmetiň belent gymmaty, Watana, halka we maşgala bolan wepalylyk ýaly mukaddes düşünjeleri çuňňur açyp görkezýär. Eserde adam ömrüniň esasy manysynyň il-ýurt bähbidine hyzmat etmekde, döredijilikli zähmet çekmekde, ýagşylyk etmekde we jemgyýetiň ösüşine goşant goşmakda jemlenýändigi nygtalýar. Bu pikirler ýaşlaryň durmuş ýoluny kesgitlemekde örän uly ähmiýete eýedir. Gahryman Arkadagymyzyň «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» atly eseri bolsa halkymyzyň müňýyllyklaryň dowamynda kemala getiren döwlet dolandyryş tejribesini, adalatlylyk, jebislik, agzybirlik, ynsanperwerlik ýaly gymmatly ýörelgeleri giňişleýin şöhlelendirýär. Türkmen halkynyň taryhynda döwlet gurmak sungaty, halkyň agzybirligi, parasatly ýolbaşçylar we milli bitewülik hemişe ösüşiň esasy çeşmesi bolupdyr. Häzirki wagtda hem bu ýörelgeler Garaşsyz Türkmenistanyň ösüş strategiýasynyň mizemez binýadyny emele getirýär. Şonuň üçin bu eseri öwrenmek ýaşlarda taryha bolan gyzyklanmany artdyrmak bilen birlikde, olaryň öz döwletine bolan buýsanjyny, jogapkärçiligini we raýatlyk borjuny has-da pugtalandyrýar. Ene baradaky düşünje türkmen halkynyň ruhy dünýäsinde aýratyn orny eýeleýär. Hormatly Arkadagymyzyň «Enä tagzym — mukaddeslige tagzym» atly eseri ene mähri, maşgala agzybirligi, nesil terbiýesi ýaly gymmatlyklary wasp edýär. Türkmen maşgalasynda enä hormat goýmak, onuň mertebesini belent tutmak, ýaş nesli ata-ene sarpasyny bilmäge çagyrmak milli terbiýäniň esasy ugurlarynyň biridir. Eserde beýan edilýän pikirler diňe bir maşgala gatnaşyklaryny berkitmäge däl, eýsem, jemgyýetiň ruhy sagdynlygyny üpjün etmäge hem hyzmat edýär. Çünki ene mukaddesligine sarpa goýýan jemgyýetde ýokary ahlak, agzybirlik, ynsanperwerlik we birek-birege hormat ýaly gymmatlyklar berk ornaşýar. «Medeniýet halkyň kalbydyr» atly eseri milli medeniýetimiziň, sungatymyzyň, edebiýatymyzyň we taryhy mirasymyzyň halkyň ruhy dünýäsi bilen aýrylmaz baglanyşyklydygyny çuňňur açyp görkezýär. Türkmen halkynyň gadymy siwilizasiýasy, dünýä belli ýadygärlikleri, ajaýyp halyçylyk sungaty, seýisçilik däpleri, milli saz sungaty we baý edebi mirasy diňe bir ýurdumyzyň däl, eýsem, bütin adamzadyň umumy gymmatlygy hökmünde ykrar edilýär. Şeýle baý mirasy öwrenmek ýaş nesilde milli buýsanjy artdyrýar, olaryň pederlerimiziň ýol-ýörelgelerine bolan hormatyny pugtalandyrýar hem-de Watanyň gülläp ösmegine öz goşandyny goşmaga ruhlandyrýar. Gahryman Arkadagymyzyň «Parahatçylyk sazy, dostluk, doganlyk sazy» atly kitaby häzirki döwrüň iň möhüm gymmatlyklary bolan parahatçylygyň, dostlugyň, hoşniýetli gatnaşyklaryň we ynsanperwerligiň ähmiýetini giňden açyp görkezýär. Türkmen halky asyrlaryň dowamynda parahatçylygy iň uly baýlyk hasaplap gelipdir. Garaşsyz Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk hukuk derejesi hem hut şol asylly ýörelgeleriň halkara derejesindäki beýanydyr. Bu eser ýaş nesle parahatçylygyň gadyryny bilmegi, beýleki halklaryň medeniýetine hormat goýmagy hem-de dünýäde asudalygy berkitmäge goşant goşmagy öwredýär. Milli Liderimiziň eserleri halkymyzyň ruhy ösüşine hyzmat edýän, ýaş nesle ýol görkezýän gymmatly gollanmalardyr. Olarda öňe sürülýän pikirler ýaşlary giň dünýägaraýyşly, ýokary bilimli, halal zähmet çekýän, watansöýüji we jemgyýetçilik jogapkärçiligini duýýan şahsyýetler bolup ýetişmäge ruhlandyrýar. Şeýle eserleriň yzygiderli öwrenilmegi her bir raýatyň döwletimize bolan söýgüsini artdyrýar, milli buýsanjyny pugtalandyrýar hem-de ata-babalarymyzyň şöhratly ýoluny dowam etdirmekde ruhy daýanç bolýar. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ylmyň, bilimiň we medeniýetiň ösdürilmegine döwlet derejesinde uly üns berilmegi ýurdumyzyň geljeginiň has-da aýdyň bolmagyna berk esas döredýär. Ýaşlaryň dünýä ülňülerine laýyk bilim almagy, häzirki zaman tehnologiýalaryny özleşdirmegi, daşary ýurt dillerini öwrenmegi bilen bir hatarda, milli ruhy gymmatlyklarymyza we taryhy mirasymyza ygrarly bolmagy döwlet syýasatynyň möhüm ugurlarynyň biridir. Hut şonuň üçin hem Gahryman Arkadagymyzyň eserleri ýaşlary diňe bir hünär taýdan däl, eýsem, ruhy-ahlak taýdan hem kämilleşdirýän gymmatly çeşme bolup hyzmat edýär. Polat HALNEPESOW, Türkmen döwlet maliýe institutynyň talyby.
Talyplarymyzyň halkara üstünligi
Ýurdumyzda bilim ulgamyny döwrebaplaşdyrmaga hem-de ýaşlaryň halkara derejede bäsdeşlige ukyply hünärmenler bolup ýetişmegine giň mümkinçilikler döredilýär. Russiýa Federasiýasynyň B.B.Gorodowikow adyndaky Galmyk döwlet uniwersiteti tarapyndan rus dili we ülkäni öwreniş dersi boýunça geçirilen halkara onlaýn olimpiadada türkmenistanly ýaşlaryň gazanan nobatdaky üstünlikleri munuň aýdyň güwäsidir. Abraýly bäsleşige Hytaýyň, Mongoliýanyň, Wýetnamyň, Tailandyň, Türkiýäniň, Eýranyň, Yragyň, Siriýanyň, Gazagystanyň we Afrika ýurtlarynyň, şeýle hem Türkmenistanyň ýokary okuw mekdeplerinden jemi 200-den gowrak talyp gatnaşdy. Onuň netijesine laýyklykda, Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň rus dili we edebiýaty kafedrasynyň mugallymy Jennet Şamyýewanyň ýolbaşçylygynda şol hünäriň 5-nji ýyl talyby Oguldursun Akmuhammedowa birinji orna mynasyp boldy. Şeýle hem uniwersitetiň rus dili we edebiýaty, taryh hünärlerinde okaýan beýleki talyplar hem bäsleşikde ýokary taýýarlyk derejesini görkezip, baýrakly ikinji orny eýelediler. Ýeri gelende bellesek, bäsleşige baýry ýokary okuw mekdebiniň talyplary Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersiteti bilen Russiýa Federasiýasynyň B.B.Gorodowikow adyndaky Galmyk döwlet uniwersitetiniň arasynda özara hyzmatdaşlyk etmek hakynda Ähtnamanyň esasynda gatnaşdylar.
Daşkentden 4 medal!
Özbegistan Respublikasynyň Daşkent şäherinde 58-nji Halkara himiýa olimpiadasy geçirildi. Dünýäniň 92 döwletinden 363 zehinli okuwçynyň gatnaşan bu abraýly bäsleşiginde Aşgabat şäherindäki Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky ýöriteleşdirilen umumybilim berýän mekdep-internatynyň okuwçylary ýurdumyza wekilçilik edip, 1 kümüş we 3 bürünç medal gazandylar. Hususan-da, mekdep-internatynyň 11-nji synp okuwçysy Pälwan Ilmämmedow kümüş, 12-nji synp okuwçylary Diýar Döwletow, Aýlar Orunowa hem-de Rüstem Jumaýew bolsa bürünç medallara mynasyp boldular. Belläp geçsek, soňky on ýylyň dowamynda Türkmenistanyň milli ýygyndy topary halkara himiýa olimpiadalarynda jemi 33 medala (1 altyn, 12 kümüş, 20 bürünç) eýe bolmagy başardylar. Gazanylan şeýle üstünlikler ýurdumyzda milli bilim ulgamynyň halkara derejede kämilleşdirilýändiginiň hem-de Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň abraý-mertebesiniň dünýä giňişliginde barha belende göterilýändiginiň anyk güwäsidir. Taýýarlan Maksatmyrat ÇARYÝEW. «Türkmenistan».
Ýaş matematikleriň guwandyryjy netijeleri
Hytaý Halk Respublikasynyň Şanhaý şäherinde dünýäniň 119 döwletinden 685 okuwçynyň gatnaşmagynda geçirilen 67-nji Halkara matematika olimpiadasynda (IMO 2026) ýurdumyza wekilçilik eden 6 zehinli mekdep okuwçysynyň gazanan ýokary netijeleri buýsançly wakalaryň biri boldy. Bäsleşikde Mary welaýatynyň Ýolöten etrabyndaky 40-njy orta mekdebiň 12-nji synp okuwçysy Agaperman Berdimyradow kümüş, şeýle hem Aşgabat şäherindäki matematika we iňlis dili derslerini çuňlaşdyryp öwredýän ýöriteleşdirilen 49-njy orta mekdebiň 12-nji synp okuwçysy Begenç Akmyradow, iňlis dili, himiýa we biologiýa derslerini çuňlaşdyryp öwredýän ýöriteleşdirilen 86-njy orta mekdebiň 12-nji synp okuwçysy Mälikşa Meýlismyradow we şol mekdebiň 10-njy synp okuwçysy Hemra Gurbanow bürünç medallary eýelemegi başardylar. Mekdep okuwçylarynyň gazanan bu ýeňşi Gahryman Arkadagymyzyň hem-de hormatly Prezidentimiziň ýaşlarymyzy hemmetaraplaýyn bilimli, watansöýüji, kämil şahsyýetler edip terbiýelemek ugrundaky tagallalarynyň aýdyň miwesidir.
Adam maýasy — geljegiň maýasy
Ýakynda Ankara şäherinde Birleşen Milletler Guramasynyň Ösüş maksatnamasy bilen hyzmatdaşlygyň çäginde geçirilen sebitleýin maslahat adam maýasynyň ösdürilmegi we onuň ykdysady özgertmelerdäki ornunyň işjeňleşdirilmegi dogrusyndaky garaýyşlary bir ýere jemlemekde ähmiýetli boldy. Forumda ýurdumyz tarapyndan hödürlenen tejribä laýyklykda, döwlet syýasatynyň merkezinde duran adam maýasy ykdysady ösüşiň esasy hereketlendiriji güýji hökmünde görkezildi. Soňky ýyllarda ýurdumyzda ýokary bilime elýeterlilik giňeldilip, onuň binýadyna sanly baha beriş ulgamlary ornaşdyryldy. Bu bolsa bilimiň hilini ýokarlandyrmaga hem-de dolandyryşy kämilleşdirmäge uly mümkinçilik berýär. Türkmenistan BMGÖM bilen hyzmatdaşlykda bilimiň hilini, demografik meýilleri we hünärmen taýýarlygyny zähmet bazarynyň islegleri bilen utgaşdyrýan strategik meýilnamalaşdyryş çemeleşmesini işjeň ösdürýär. Çäräniň çäklerinde ýurdumyz tarapyndan işlenilip taýýarlanylan geljekki ýagdaýlary çaklamak we demografik-ykdysady nusga üçin programma üpjünçiligi tanyşdyryldy. Esasy maksat adam maýasyna baha bermekden başlap, ykdysadyýetiň geljekki zerurlyklaryny çaklamaga, hünär taýýarlygyny uýgunlaşdyrmaga we döwlet syýasatyny kämilleşdirmäge çenli üznüksiz ulgamy döretmekdir. Ýurdumyzyň demografik mümkinçiliklerini nazara almak bilen, adam maýasy diňe bir şu günki däl, eýsem, geljegiň ykdysadyýetini kemala getirýän esasy güýje öwrülýär.
Bäsleşik ýeňijileri saýlaýar
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda bilim ulgamynda buýsandyryjy işler amala aşyrylýar. Ylymda, bilimde döwrebap ösüşler bilen birlikde terbiýeçilik işleri hem giňden ýaýbaňlandyrylýar. Durmuşa ornaşdyrylýan her bir işiň özeniniň ýaş nesilleriň bagtly geljegine gönükdirilmegi bolsa, ata-eneleriň göwnüni galkyndyrýar. Ata-ene bilim dünýäsine ädim ädýän perzendiniň il-halkyna, Watanyna wepaly, bilimli-ylymly ogul-gyzlar bolup ýetişmeklerini arzuw edýär. Golaýda Aşgabat şäherindäki ýöriteleşdirilen 127-nji çagalar bagynda Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkezi bilen bilelikde yglan eden ýurdumyzyň mekdebe çenli çagalar edaralarynyň şepagat uýalarynyň arasynda «Körpe nesliň saglygy — ýurdumyzyň baýlygy», şeýle-de aşpezleriniň arasynda «Bereketli türkmen saçagy» atly bäsleşikleriniň döwlet tapgyrlary geçirildi. «Saglyk» Döwlet maksatnamasyndan gelip çykýan wezipeleri durmuşa ornaşdyrmakda, arassaçylyk kadalaryny berjaý etmekde, çagalaryň kadaly iýmitlenmeklerini üpjün etmekde yhlasly zähmet çekýän ýurdumyzyň mekdebe çenli çagalar edaralarynyň şepagat uýalarynyň hem-de öňdebaryjy iş tejribeli, lezzetli naharlary taýýarlaýan aşpezleri ýüze çykarmak bäsleşigiň esasy maksady boldy. Bäsleşige welaýat tapgyrynda ýeňiji bolan mekdebe çenli çagalar edaralarynyň şepagat uýalary hem-de aşpezleri gatnaşdylar. Bäsleşigiň şertlerine laýyklykda, oňa gatnaşanlar öz ukyp-başarnyklaryny, işine ussatlyklaryny görkezdiler. Ýurdumyzyň dürli künjeginden gelen bäsdeşler gündelik işlerini guraýşyny beýan edýän wideoşekilleri görkezdiler. Wideoşekillerde gündelik durmuşda körpeleriň çagalar bakja-bagyna kabul edilişini, olar bilen geçirilýän her bir işi synlanyňda, bagtyýar geljegimiz bolan mährem perzentlerimiziň ajaýyp şertlerde terbiýelenýändigine buýsanýarsyň, guwanýarsyň. Soňra bäsleşige gatnaşyjylar ýörite taýýarlanan soragnamalara jogap berdiler. Emin agzalary bäsdeşleriň gündelik iş resminamalarynyň ýöredilişi bilen tanyşdylar. Aşpezler gündelik tagamnama esasynda naharlary taýýarladylar. Netijede, ýeňijiler yglan edildi. Ýurdumyzyň mekdebe çenli çagalar edaralarynyň şepagat uýalarynyň arasynda geçirilen «Körpe nesliň saglygy — ýurdumyzyň baýlygy» atly bäsleşikde baş baýragy Aşgabat şäherindäki 142-nji çagalar bakja-bagynyň şepagat uýasy Sapargül Amannepesowa, birinji orny Türkmenabat şäherindäki 4-nji çagalar bakja-bagynyň şepagat uýasy Mährijemal Rozyýewa, ikinji orny Arkadag şäherindäki 9-njy çagalar bakja-bagynyň şepagat uýasy Täjigül Nunnaýewa, üçünji orny Altyn asyr etrabyndaky 2-nji çagalar bakja-bagynyň şepagat uýasy Jeren Hudaýberdiýewa eýelemegi başardylar. Ýurdumyzyň mekdebe çenli çagalar edaralarynyň aşpezleriniň arasynda yglan edilen «Bereketli türkmen saçagy» atly bäsleşikde baş baýraga Farap etrabyndaky 15-nji çagalar bakja-bagynyň aşpezi Sahabat Nabijanowa, birinji orna Aşgabat şäherindäki 116-njy çagalar bakja-bagynyň aşpezi Oguljennet Öwliýägulyýewa, ikinji orna Arkadag şäherindäki 9-njy çagalar bakja-bagynyň aşpezi Amanbibi Aýlyýewa, üçünji orna Garagum etrabyndaky 4-nji çagalar bakja-bagynyň aşpezi Gyrmyzy Saparowa mynasyp boldy. Ýeňijilere Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň Hormat hatlary we Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň ýadygärlik sowgatlary gowşuryldy. Watanymyzyň röwşen ertirleriniň dowamaty bolan ýaş nesil, olaryň sowatly, watansöýüji bolup ýetişmekleri üçin ähli mümkinçilikleri döredýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag bolsun, beýik işleri üstünliklere beslensin! Gülsoltan ANNAGULYÝEWA, «Mugallymlar gazeti».
Mugallymçylyk mekdebi — kämilligiň ýoly
Bütin ömrüni Watanyna, il-gününe bagyşlap, halal ýaşan ynsanlar hemişe ýagşylykda ýatlanýar. Olaryň sarpasy mydama belent tutulýar. Sebäbi durmuşda abraýdyr sylaga päk zähmetiň, adamkärçiligiň, akyl-paýhasyň bilen ýetilýär. Bu häsiýetleri özünde jemleýän adamlary nusgalyk halypa saýýarlar. Şeýle ynsanlaryň biri hem Garýagdy Berdiýewdir. Garýagdy Berdiýew ilhalar ynsan, halypa mugallym Berdimuhamet Annaýewiň okuwçysydyr. Ol 1936-njy ýylda Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabynyň Ahal obasynda dünýä indi. Onuň çagalyk ýyllary şu obada geçdi, ol obadaky mekdepde okady. Ýaşajyk Garýagdy ilhalar ynsan, halypa mugallym Berdimuhamet Annaýewiň elinde bilim aldy. Bu barada onuň örän ýakymly ýatlamalary bar. Bu ýatlamalary okanyňda, halypa mugallymyň elinde bilim öwrenmegiň bagtdygy hakynda oýlanýarsyň. Çünki bu bilimi ýaşlykdan kalbyňa guýýan mugallymyň okatmak ussatlygy bilen berk baglanyşyklydyr. Bu babatda uly bagta eýe bolan Garýagdy bilim bilen birlikde, edep kadalaryny hem öwrendi. Bilimiň edep bilen berk baglanyşyklydygyna halypa mugallymyň beýik göreldesinden göz ýetirdi. Şeýlelikde, bilim, edep, tertip-nyzam ýaly gymmatlyklary ýaşlykdan kalbyna guýdy. Garýagdy Berdiýew 1958-nji ýylda Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetini ýokary bahalar bilen üstünlikli tamamlap, geografiýa mugallymy diýen hormatly käriň eýesi boldy. Şol ýyl ýaş hünärmen Gökdepe etrabynyň Yzgant obasynda ýerleşýän 11-nji orta mekdepde geografiýa mugallymy wezipesinde işe başlapdyr. Gysga wagtyň içinde mugallymyň ussatlygyna, guramaçylyk ukybyna mynasyp baha berlip, obada ilkinji ýokary bilimli, sowatly mugallym bolansoň, oňa obadan ýer paýlap beripdirler. Şeýlelikde, Garýagdy mugallym 1959-njy ýylda Yzgant obasyna göçüp gelipdir. Gahryman Arkadagymyzyň «Älem içre at gezer» atly ajaýyp eseriniň ilkinji sahypasynda epigraf hökmünde beýik akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň ajaýyp şygyrlary beýan edilýär: «Tälim beren ussadyňdan aýrylma», «Ýagşy iş et, senden ýagşy at galar». Bu ajaýyp goşgy setirleri diňe bir bilim işgärlerini däl, eýsem, ähli ynsanlary ýagşylyga, gowy häsiýetlere ýol görkezýär. Hawa, ýagşy adamlar durmuşda iň gowy terbiýäni alandyrlar, halypalaryň göreldesine eýerendirler. Garýagdy mugallymyň durmuşynda aýratyn orun eýeleýän buýsançly hakykatyň biri, onuň watançy esger, ilhalar ynsan we halypa mugallym Berdimuhamet Annaýewiň okuwçysy bolmagydyr. Ussat halypanyň öwüt-ündewleri, bilim-terbiýe baradaky garaýyşlary Garýagdy mugallymyň ömürlik ýörelgesine öwrülipdir. Şonuň üçin hem ol halypasyndan alan göreldesini nesilden-nesle geçirip, ýaşlaryň mynasyp adamlar bolup ýetişmegi ugrunda yhlasyny gaýgyrmandyr. Garýagdy Berdiýewiň ömür ýoly ylym-bilim, nesil terbiýesi bilen pugta baglanyşyklydyr. Şeýle hem mugallym il-güne hyzmat etmegiň ajaýyp nusgasyny görkezipdir. Ol öz mugallymçylyk ýolunda diňe bir okuwçylaryna geografiýa ylmynyň esaslaryny öwretmek bilen çäklenmändir. Halypa mugallym olaryň kalbynda Watana söýgi, ene topraga hormat, tebigata aýawly garamak, zähmetsöýerlik we ynsanperwerlik ýaly asylly häsiýetleri kemala getirmäge çalşypdyr. Ilhalar ynsan, halypa mugallym Berdimuhamet Annaýewiň: «Dowamat dowam bolsun... nesiller bagtyýar durmuşda ýaşasyn!» diýen parasatly sözleri Garýagdy mugallymyň hem durmuş şygaryna öwrülipdir. Ol bütin zähmet ýoluny şol belent maksada bagyşlap, her bir okuwçynyň ykbalyna jogapkärçilik bilen çemeleşipdir. Halypa mugallym Berdimuhamet Annaýewiň terbiýelän okuwçysynyň hem ömrüni mugallymçylyga bagyşlamagy halypa-şägirtlik ýolunyň dowam edýändiginiň aýdyň subutnamasydyr. Şeýle mugallymlaryň göreldeli ömri ýaş nesiller üçin nusga bolup, bilim we terbiýe ýolunda yhlas bilen zähmet çekmäge ruhlandyrýar. Watançy esger, ilhalar ynsan we zehinli mugallym Berdimuhamet Annaýewiň ömür ýoluna bagyşlanan kitapda Garýagdy Berdiýewiň adynyň ýatlanylmagy onuň halypasynyň ynamyny ödän, mugallymçylyk ýolunda mynasyp zähmet çeken şahsyýet bolandygynyň subutnamasydyr. Halypanyň beren bilimi we terbiýesi onuň durmuşynda nurana ýol-ýörelge bolup hyzmat edipdir. Halypa mugallymyň köpýyllyk zähmeti döwlet tarapyndan hem mynasyp bahalandyrylypdyr. Ol «Zähmet weterany» diýen medal bilen sylaglanypdyr. Bu sylag diňe bir ýeke adama berlen ýokary baha däl-de, eýsem, ýaş nesilleriň bilimli, terbiýeli bolup ýetişmegi ugrunda çekilen halal zähmete goýlan hormatyň nyşanydyr. Garýagdy mugallymyň mugallymçylyk ýolunyň maşgalasynda dowam etmegi aýratyn buýsançly ýagdaýdyr. Häzirki wagtda onuň ogly we agtyklary hem mugallymçylyk kärini dowam edip, ýaş nesilleri terbiýelemek ýaly jogapkärli we mukaddes wezipäni ýerine ýetirýärler. Bu bolsa türkmen halkynyň halypa-şägirtlik däpleriniň, mugallyma goýulýan hormatyň nesilden-nesle geçýändiginiň aýdyň beýanydyr. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe bilim ulgamynyň ösdürilmegine uly üns berilýän zamanasynda Garýagdy Berdiýew ýaly mugallymlaryň ömür ýoly ýaş nesiller üçin nusgalyk mekdep bolup hyzmat edýär. Olaryň ýaşlara beren bilimi, öwreden sapaklary we asylly göreldeleri halkyň hakydasynda ebedilik ýaşar. Ilhalar ynsan, halypa mugallym Berdimuhamet Annaýewden gözbaş alan bu asylly ýol häzirki wagtda hem dowam edip, ýaş nesilleri milli ruhda terbiýelemekde nusgalyk mekdepdir. Ogulşat DURDYÝEWA, Gökdepe etrabyndaky Berdimuhamet Annaýew adyndaky maglumat tehnologiýalary, programmirlemek we kiberhowpsuzlyk ugruna ýöriteleşdirilen 27-nji orta mekdebiň müdiri.
Körpeleriň düşünjesini ösdürmegiň ugurlary
Mekdebe çenli çagalar edaralarynda guralýan sapaklarda okatmagyň oýun tärlerini dürli ýaşdaky toparlarda ulanmak bolýar. Oýnuň kömegi arkaly sapaklarda adaty däl ýagdaýlar döredilýär, körpeleriň sapaga bolan höwesi artyp, ukyp-başarnyklary ele almagynyň netijeliligi ýokarlandyrylýar. Didaktiki, öwrediji oýunlarda körpeler zatlaryň alamatlary, olaryň reňki, daş görnüşi, gurluşy, ululygy we şuňa meňzeşler barada düşünje alýarlar hem-de durmuş baradaky düşünjelerini baýlaşdyrýan dürli sensor tejribesine eýe bolýarlar. Bularyň ählisi çagalaryň döredijiliginiň ösüşine ýardam edýär. Çagalara reňkleri öwretmek üçin «Reňkli öýjükler» ýa-da «Haýwanjyklaryň öýüni tap!» ýaly oýunlary oýnadýarys. Meselem, sary reňkli jüýjeleri sary öýjüge, ak towşanjyklary bolsa ak öýjüge goýmak arkaly, çagalarda reňk tapawutlandyrmak hem-de haýwanat dünýäsine söýgi duýgusyny oýarýarys. «Sesinden tana!» ýaly didaktiki oýunlar arkaly körpeleriň diňlemek we sözleýiş ukybyny ösdürýäris. Şeýle hem haýwanlaryň şekillerini we reňklerini biri-birine utgaşdyrmak arkaly olaryň logiki pikirlenişini kämilleşdirmek mümkin. Kiçi toparyň çagalary üçin hereket — bu durmuşdyr. «Towşanlar we şatlykly gün» atly hereketli oýunda çagalar towşanjyklaryň böküşini gaýtalamak bilen bilelikde, fiziki taýdan berkeýärler. Many-mazmunly oýunlarda bolsa çagalar bilen «Gyzjagaz we onuň pişigi», «Maşgala», «Dükan» ýaly kiçijik oýunlary sahnalaşdyrýarys. Keşpler boýunça ýerine ýetirilýän bu oýunlar çagalarda mähirlilik, rehimlilik, jogapkärçilik we dost-doganlyk ýaly asylly häsiýetleriň kemala gelmegine ýardam edýär. Şeýle hem körpeler «Meniň ýanyma ylga!» we «Ýeriňi tap!» ýaly hereketli oýunlary oýnamagy halaýarlar. Bu oýunlary guranymyzda, olaryň ýaş aýratynlygyna görä çemeleşýäris. Bu ýaşdaky çagalar üçin her bir oýun gysga, ýöne örän gyzykly bolmaly. Çagalara ekologik terbiýe hem berýäris. Olar bilen günde daş-töweregimizi gurşap alýan tebigata gezelenç edýäris. Bu gezelençleriň maksady çagalarda daşky gurşawa söýgi döretmek we olaryň tebigata aýawly garamagyny gazanmakdyr. Gezelençleriň dowamynda gülleri we baglary suwarmak arkaly körpelere zähmet terbiýesini bermäge çalyşýarys. 1-den 5-e çenli sanlary diňe bir sanamak däl, eýsem, olaryň mukdaryny hem tertibini öwretmek maksady bilen, «Maňa 3 sany alma ber» ýa-da «5 sany barmagyňy görkez» ýaly ýumuşlar arkaly sanlary çagalaryň aňyna berk ornaşdyrýarys. Çagalaryň dilimizdäki her bir sesi dogry aýtmagy (artikulýasiýa) üçin aýratynlykda ses maşklaryny geçirýäris. Şeýle hem çagalar bilen matallary, nakyllary we aýdymyň sözlerini gaýtaladyp, olaryň ýatkeşligini we sözleýiş ukybyny ösdürýäris. Körpelerde çeper söz sungatyna bolan höwesi oýarmak üçin ýeňil ýat tutulýan goşgulary we tapmaçalary okap berýäris. Reňkli we täsirli suratlara seredip, çagalar bilen bilelikde kiçijik hekaýalary düzýäris. Bu bolsa olaryň hyýaly dünýäsini we pikirini beýan etmek ukybyny artdyrýar. «Iki suratyň arasyndaky tapawudy tap!» ýa-da «Ýoly görkez!» ýaly oýunlar arkaly çagalaryň ünsüni bir ýere jemlemek ukybyny kämilleşdirýäris. Güljemal SOPYÝEWA, Garaşsyzlyk etrabyndaky 13-nji çagalar bakja-bagynyň terbiýeçisi.
Jebisligiň we döwletliligiň nyşany
Türkmen halkymyzyň öz gözbaşyny müňýyllyklardan alyp gaýdýan milli demokratik däpleri Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe üstünlikli dowam edýär. Çünki geňeşmek, maslahatlaşmak däbi gadymy döwürlerden biziň günlerimize gelip ýetmek bilen, ol halkyň, ýurduň möhüm meselelerini, mizemez durmuş ýörelgelerini jemgyýetiň hereketlendiriji güýjüne, ösüşiň esasy özenine öwrüpdir. Mälim bolşy ýaly, 15-nji iýulda Gahryman Arkadagymyz Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllyk toýuny has-da dabaralandyrmak bilen bagly hem-de Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisini ýokary derejede geçirmek boýunça birnäçe guramaçylyk meselelerine seredildi. Türkmenistanyň Halk Maslahatyna ýurdumyzyň jemgyýetçilik-syýasy ösüşlerini, demokratik-hukuk özgertmelerini berkitmekde, ony has-da pugtalandyrmakda uly orun degişlidir. Häzirki wagtda Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan Watanymyzda jemgyýetiň jebisligi we halkymyzyň agzybirligi pugtalanýar, halk häkimiýetlilik ýörelgesi has-da kämilleşdirilýär. «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda ata Watanymyzda döwlet Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk şanly toýunyň dabaralary ýokary ruhubelentlige beslenýär. Garaşsyzlygymyzyň şanly baýramçylygynyň toýlanýan günleriniň öňüsyrasynda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisi geçiriler. Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisine mähriban halkymyz uly taýýarlyk görýär. Halk Maslahaty Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan Watanymyzda möhüm ähmiýete eýe bolup, munuň özi Gahryman Arkadagymyzyň beýik başlangyçlaryny üstünlikli dowam edýän hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalarynyň netijesinde ata-babalarymyzdan miras galan milli demokratik ýörelgelerimiziň mynasyp dowam etdirilýändiginiň aýdyň subutnamasydyr. Türkmenistanyň Halk Maslahaty döwrüň we wagtyň synagyndan geçen, milli demokratiýanyň döwrebap ýörelgelerini kemala getirmek bilen, döwletimiziň we jemgyýetimiziň durmuşynda pugta orun aldy. Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz ýurdumyzyň esasy jemgyýetçilik-syýasy düzümi bolan Halk Maslahatynyň, şeýle hem welaýat, şäher, etrap halk maslahatlarynyň işini yzygiderli kämilleşdirmek, döwlet bilen halkyň arasyndaky ysnyşykly gatnaşyklary syýasy, hukuk, jemgyýetçilik taýdan döwrebaplaşdyrmak boýunça oýlanyşykly işlenen möhüm özgertmeleri durmuşa geçirýär. Şeýle özgertmeleriň netijesinde Halk Maslahaty döwletiň we jemgyýetiň ösüşleriniň ruhlandyryjy, ugrukdyryjy guramaçylyk güýjüne öwrüldi. Bu aýdyň maksatlar Halk Maslahatlarynyň agzalarynyň möhüm wezipeleri, mukaddes borçlary bolup durýar. Şu günler Diýarymyzyň ähli künjeklerinde Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisine ýokary taýýarlykly barmak ugrunda degişli işler alnyp barylýar. Çünki mejlisde ara alnyp maslahatlaşyljak meseleler ýurdumyzy durmuş-ykdysady we medeni taýdan ösdürmek, halkymyzyň ýaşaýyş derejesini ýokarlandyrmak boýunça möhüm wezipeleri öz içine alýar. Il bähbitli, döwlet ähmiýetli tutumly işleri halk bilen geňeşmek, maslahatlaşmak türkmenlerde gadymdan gelýän asylly ýörelgelerdir. Bu asylly ýörelgeler «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda hem öz beýanyny tapýar. Şirinjemal ÝEGELEKOWA, Aşgabat şäherindäki tebigy ugurly derslere ýöriteleşdirilen 44-nji orta mekdebiň mugallymy, Aşgabat şäheriniň Berkararlyk etrap Halk Maslahatynyň agzasy.
Talyplyk dünýäsiniň bosagasynda
Şu gün, 29-njy iýulda ýurdumyzyň ähli ýokary okuw mekdeplerinde giriş synaglary başlanýar. Talyp diýen hormatly ada mynasyp bolmaga ymtylýan ýaşlaryň durmuşynda möhüm waka bolan giriş synaglaryna Türkmenistanyň Döwlet senasynyň ýerine ýetirilmegi bilen badalga berler. Gahryman Arkadagymyzyň başyny başlan we häzirki wagtda hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda durmuşa geçirilýän bilim syýasatynda milli ykdysadyýetimiziň ähli pudaklary we jemgyýetçilik durmuşynyň ösüşi üçin zerur bolan ýokary bilimli hünärmenleriň taýýarlanylmagyna möhüm ähmiýet berilýär. Şu günüň we geljegiň talaplaryndan ugur alnyp, hünär biliminiň derejesi, ýurdumyzyň ýokary, orta hünär okuw mekdepleriniň işi yzygiderli kämilleşdirilýär. Munuň şeýledigine «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda ýokary we orta hünär okuw mekdeplerine okuwa kabul etmegiň meýilnamasynyň, şeýle-de täze açylýan hünärlerdir taýýarlyk ugurlarynyň mysalynda hem aýdyň göz ýetirmek bolýar. Hormatly Prezidentimiz 10-njy iýulda geçirilen Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde şu ýyl ýokary we orta hünär okuw mekdeplerine okuwa kabul etmegiň meýilnamasyny, ýokary we orta hünär okuw mekdeplerine okuwa kabul etmek boýunça döwlet toparynyň düzümini, 2026-2027-nji okuw ýylynda Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasynyň okuwlaryna kabul etmegiň meýilnamasyny tassyklamak hakynda Buýruklara gol çekdi hem-de okuwa girmäge isleg bildirýän ýaşlara uly üstünlikleri arzuw etdi. Şeýle hem döwlet Baştutanymyz ýokary okuw mekdeplerine zehinli, mynasyp ýaşlary kabul etmegiň, giriş synaglaryny guramaçylykly we adalatly geçirip, jemgyýetçilik gözegçiligini ýola goýmagyň möhümdigine ünsi çekdi. Hormatly Prezidentimiziň tabşyryklaryndan ugur alnyp, okuwa kabul etmek möwsüminiň guramaçylykly geçirilmegi üçin şu günler ähli tagallalar edilýär. 13 — 26-njy iýul aralygynda ýokary okuw mekdeplerine dalaşgärlerden resmi iş kagyzlary kabul edildi. Şu ýyl ýaşlaryň 18 müňden gowragy ýokary okuw mekdeplerine talyplyga kabul ediler. Munuň özi geçen ýyldakydan 1 müň 239 orun köpdür. Täze okuw ýylyndan ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerinde milli ykdysadyýetimiziň talaplaryna laýyk gelýän täze hünärleriň we taýýarlygyň ugurlarynyň 20-si girizilýär. Şolaryň 10-sy hünärmen, 4-si bakalawr, 6-sy bolsa magistr maksatnamalaryna degişlidir. «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynda», «Türkmenistanda ýokary hünär bilimini ösdürmegiň 2026 — 2052-nji ýyllar üçin Strategiýasynda» kesgitlenen wezipeler göz öňünde tutulyp girizilen täze hünär ugurlarynda bilim almaga isleg bildiren dalaşgärler hem köp boldy. Berkarar Watanymyzda döwlet Baştutanymyzyň tagallalary bilen ýaşlaryň bilim almagy üçin ähli mümkinçilikler we şertler döredilýär. Häzirki wagtda milli ykdysadyýetimiziň ähli pudaklary we jemgyýetçilik durmuşynyň ösüşi üçin kämil bilimli, işine ukyply, häzirki zamanyň innowasion tehnologiýalaryndan baş çykaryp bilýän zehinli hünärmenleri we dolandyryjy işgärleri taýýarlamak, olaryň hünär derejelerini yzygiderli ýokarlandyrmak möhüm wezipeleriň hatarynda kesgitlendi. Munuň özi Watanymyzyň uzak möhletleýin esasda durnukly ösüşi, halkymyzyň abadan we bagtyýar ýaşaýşy üçin toplumlaýyn esasda çemeleşilýändigini görkezýär. Şeýlelikde, şu gün talyplyga dalaşgär ýaşlar saýlap alan hünär ugrunyň ilkinji synaglaryny tabşyrarlar. Biz hem talyp bolmagy arzuwlaýan ýaşlara synaglarda şowlulyk arzuw edýäris. Talyplygyň bosagasyndaky möhüm möwsüm — ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerine okuwa kabul etmek üçin giriş synaglary 20-nji awgusta çenli dowam eder. Şu ýerde ýurdumyzyň orta hünär okuw mekdepleriniň aglabasyna dalaşgärlerden resminamalary kabul etmegiň 17-nji awgusta çenli dowam edýändigini bellemek gerek. Munuň özi bilim almaga höwesli, kalplary joşgunly ýaşlaryň häzirki bagtyýarlyk döwrümizde durmuşda öz orunlaryny tapmaklary, kämilleşmekleri, ýürekde beslän arzuwlaryny hasyl etmekleri üçin giň mümkinçilikleriň döredilendigini tassyklaýar. (Ýörite habarçymyz).
«Hünär eýesini eziz eder»
Adamyň durmuşynda onuň geljegine düýpli täsir edýän pursatlar bolýar. Şolaryň biri hem mekdebi tamamlap, ömrüň täze menziline gadam goýulýan pursatdyr. Şonda dogry çözgütleri kabul etmek möhümdir. Ömrüň täze menzili, köplenç, geljekki hünäriňi saýlamak bilen bagly karara gelmekden başlanýar. Sebäbi hünär ynsana durmuşda ornuny tapmaga, maddy we ruhy zerurlyklaryny kanagatlandyrmaga mümkinçilik berýär. «Hünärli oglan hor bolmaz», «Ýigide müň dürli hünär hem az» diýen pähimleri döreden halkymyzda hünär, ukyp-başarnyk, zehin ynsan üçin uly baýlyga deňelýär. Gadymy halk rowaýatlarynda wagtyny we serişdelerini bilim almaga, hünär öwrenmäge, ukyp-başarnygyny artdyrmaga gönükdirip, maksadyna ýetýän, bagtyny tapýan gahrymanlaryň keşbi hem, häzirki döwürde aň-paýhasyň, yhlasdyr zähmetiň saýasynda üstünlik gazanýan adamlaryň göreldesi hem munuň hakykatdygyny äşgär edýär. Eger ömrüň möhüm menziliniň hünär öwrenmekden başlanýandygy bilen ylalaşsak, onda haýsy hünäri saýlamalydygy baradaky sowala jogap gözlemeli bolýarys. Ine, şu ýerde örän oýlanyşykly hereket edip, dogry ýoly saýlamaly. Bilim almak, hünär öwrenmek üçin ömrüň 4-5 ýyly sarp edilip, şol döwür durmuşyň geljekki 40 — 50 ýylyna täsirini ýetirýär. Çalt depginde özgerýän dünýäde hünär saýlamak ýeňil iş däl. Biz her gün emeli aňyň, sanly ulgamyň, innowasiýalaryň zähmet bazaryny özgerdýändigine şaýat bolýarys. Şol sebäpden-de, bu günki gün hünär saýlawynda azyndan 10 — 15 ýyl geljege nazar aýlamaga, öz ukyp-başarnyklaryňa dogry baha bermäge çalyşmaly. Ýurdumyzda döwrüň zerurlyklaryndan ugur alnyp, ýokary we orta hünär bilim ojaklarynda her ýyl täze hünärleriň onlarçasy açylýar, nusgawy hünärleriň okuw maksatnamalary zamananyň şertlerine laýyklykda döwrebaplaşdyrylýar. Ykdysadyýetiň sanlylaşdyrylmagy, innowasion senagatyň ösmegi, kuwwatly önümçilik klasterleriniň döredilmegi ozal geljegiň hünärleri hasaplanylan ugurlaryň bilim maksatnamalaryna haýal etmän ornaşdyrylmagyny talap edýär. Sanly ulgamyň giň gerime eýe bolmagy bilen, zähmet bazarynda tehnologik ugurly hünärmenlere islegiň ýokarlanýandygyny görýäris. Şoňa görä-de, emeli aň, uly maglumatlar gory (Big Data), zatlaryň interneti (IoT), bioinformatika we bioinženerçilik ýaly ata-enelerimiziň akylyna-huşuna gelmedik ugurlar hem bu gün döwlet hyzmatlaryny sanlylaşdyrmakda, kiberhowpsuzlygy üpjün etmekde, önümçilik işini awtomatlaşdyrmakda we robotlaşdyrmakda, maliýe ulgamynyň işini kämilleşdirmekde, oba hojalyk ekinleriniň hasyllylygyny ýokarlandyrmakda uly ähmiýete eýe bolýar. Ekologiýa we «ýaşyl» ykdysadyýet bilen bagly hünärlere isleg hem barha ýokarlanýar. Ýurdumyzyň ýokary bilim ojaklarynda bu ugurlar bilen bagly hünärleriň sany ýylsaýyn artýar. Geljekde ähmiýeti ýokary boljak hünärler barada gürrüň açylanda, şu ýylyň başynda Türkmenistanyň Bilim ministrligi tarapyndan çykarylan «Geljegiň hünärleriniň atlasy» barada hökman belläp geçmelidiris. Bu gözükdirijide gysga we orta möhletli geljekde, ýagny ýakyn 20 — 25 ýylyň dowamynda nähili täze hünärleriň dörejekdigi, haýsy hünärleriň zähmet bazarynda uly islegden peýdalanjakdygy, olaryň wezipeleri we ygtyýarlyklary bilen bagly maglumatlar berilýär. Ykdysadyýetiň dürli pudaklaryna degişli hünärleriň ýüzlerçesi barada içgin düşünje berýän bu gözükdirmäni kitaphanalardan, şeýle hem ýurdumyzyň Bilim ministrliginiň internet sahypasyndan we «Sanly Bilim» portalyndan tapyp bolýar. «Geljegiň hünärleriniň atlasynda» orun alan hünärleriň köpüsiniň ýakyn ýyllarda açylmagynyň meýilleşdirilýändigine garamazdan, häzirki okuw maksatnamalarynda olara binýatlyk bolup hyzmat etjek ugurlary kesgitlemek kyn däl. Sebäbi täze hünärleriň hiç birisi-de tarp ýerden döremän, ozal bar bolan kesp-kärleriň döwrüň şertlerine görä özgerip kämilleşmeginden kemala gelýär. Şonuň üçinem hünär saýlamazdan ozal dalaşgärlere «Geljegiň hünärleriniň atlasyna» göz aýlamak peýdalydyr. Geljegiň hünärleri bilen bagly gürrüňlerde emeli aňyň we tehnologiýalaryň ähmiýeti barada köp agzalýar. Şol sebäpden-de, «Geljekde emeli aň we sanly ulgam bilen bagly hünärleriň ähmiýeti ýokary boljak bolsa, onda ozalky kesp-kärleri öwrenmek üçin wagtyňy sarp edeniňe degýärmi?» diýen sowala hem jogap gözlemeli bolýar. Elbetde, tehnologiýalaryň yzygiderli kämilleşýändigine garamazdan, olaryň hiç mahal dolulygyna ynsanyň ornuny tutup bilmejekdigi aýdyň hakykatdyr. Şeýle hem her hünäriň öz rysgynyň bardygyny ýatdan çykarmaly däl. Üstesine-de, robotlaryň hem-de emeli aňyň ynsan başarnyklaryny çalşyp bilmejek ugurlary juda köp. Mysal üçin, lukmançylykda we saglygy goraýyşda emeli aň tehnologiýalary nähoşlan adamyň deslapky gözden geçirilişi bilen bagly maglumatlary seljerip, keseli kesgitlemek boýunça maslahat berip biler. Emma ahyrky netijäni diňe tejribeli lukman kabul etmelidir. Bilim we pedagogika babatda-da, emeli aň tehnologiýalarynyň mümkinçilikleriniň barha artýandygyna garamazdan, kämil şahsyýeti kemala getirmekde, çagalaryň gizlin başarnyklaryny ýüze çykarmakda, olara ruhy goldaw we ylham bermekde öz kärine ussat mugallymyň orny aýratyndyr. Hatda gurluşyk-binagärlik pudagynda hem emeli aň binanyň berkligini üpjün etmek we dizaýn bilen bagly çözgütleri hödürläp biler. Emma binanyň guruljak ýeriniň hakyky şertlerini öwrenmekde, gurluşyk işleriniň dowamynda ýüze çykýan çylşyrymly ýagdaýlarda çözgütleri kabul etmekde adamyň ornuny tutup bolmaz. Oba hojalygynda emeli aň we robotlar hiç mahal ekinleri ösdürip ýetişdirmek ýa-da mallara ideg etmek bilen bagly işleri başdan-aýak özbaşyna ýerine ýetirip bilmez. Ýeriň, tebigatyň we janly bedenleriň hakyky ýagdaýyna baha berip, işleriň dogry alnyp barlyşyny gazanmak diňe ynsana başardar. Şular ýaly mysallary näçe getirseň, getirip oturmaly. Zähmet şertleriniň we hünär talaplarynyň özgerişini nazara alanyňda, ýene bir aýdyň hakykata göz ýetirýäris. Ol hem häzirki döwürde haýsy kesp-kär bilen meşgullanýandygyňa garamazdan, innowasiýalary özleşdirip, tehnologiýalar bilen el-ele berip gitmegiň zerurlygydyr. Şonuň üçinem dogry pikirlenmek, toparyň düzüminde ylalaşykly işlemegi başarmak, adamkärçiligiňi saklamak, iň esasysy-da, bütin ömrüň dowamynda öwrenmegi, üznüksiz bilim almagy dowam etdirmek şu günde we geljekde bäsdeşlige ukyply bolmagyň esasy şertleridir. Şol sebäpden bilim almaga we hünär öwrenmäge kesgitli menzil däl-de, ömrüň bütin dowamynda tükenmeýän ýol hökmünde garamak dogry bolsa gerek. Hünär saýlawy geljegiň barada ikirjiňlenmeleriň däl-de, durmuş ýoluňy ýagtyltjak mümkinçiliklere tarap okdurylmagyň pursadydyr. Şeýle pursatda döwrüň demini duýmagy başarmak, yhlasyňy gaýgyrmazlyk we hemişe kämillige ymtylmak ýaşlaryň iň ýakyn hemralarydyr. Ahmet GELDIÝEW, «Watan».
Türkmen diplomatiýasynyň milli mekdebi
Bedew bady bilen aýdyň maksatlary nazarlaýan Garaşsyz, hemişelik Bitarap ýurdumyzda Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallalary esasynda ýaşlaryň saýlap alan hünäri boýunça kämil hünärmenler bolup ýetişmekleri üçin giň mümkinçilikler döredilýär. Her ýyl däp bolşy ýaly, 2026-2027-nji okuw ýyly üçin hem ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerine resminamalary tabşyrmak möwsümi tamamlandy. Türkmen diplomatiýasynyň milli mekdebi bolan Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary instituty ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň biri bolup, geljekki halkara gatnaşyklary ugrunda zähmet çekjek ýaş hünärmenleri taýýarlaýar. 2008-nji ýylyň 20-nji martynda bu institutyň döredilmegi ýurdumyzyň diplomatik gullugy üçin ýokary hünärli işgärleri taýýarlamak boýunça bir bitewi ulgamyň kemala getirilmeginiň başlangyjyna öwrüldi. Institut häzirki wagtda hünärmen we bakalawr maksatnamasy esasynda halkara gatnaşyklary we diplomatiýa, halkara hukugy, halkara ykdysady gatnaşyklary we halkara žurnalistikasy ugurlary boýunça hünärmenleri taýýarlaýar. Ýokary okuw mekdebini tamamlan uçurymlar bolsa döwlet düzümlerinde, Türkmenistanyň daşary ýurtlardaky diplomatik wekilhanalarynda, konsullyk edaralarynda, halkara guramalarynyň ýanyndaky wekilhanalarda zähmet çekýärler. Türkmen diplomatiýasynyň milli mekdebi diňe bir talyp ýaşlary däl, eýsem, sanly diplomatiýa, gündogary öwreniş, seljeriş we strategik meýilleşdiriş, parahatçylyk we bitaraplyk, halkara hususy hukugy, halkara jemagat hukugy, halkara arbitraž we işewürlik hukugy, halkara ykdysadyýet we syýasy kommunikasiýa, internet žurnalistikasy ugurlary boýunça magistrleri taýýarlamakda uly üstünlikleri gazanýar. Mälim bolşy ýaly, Garaşsyz Türkmenistanyň 1992-nji ýylyň 2-nji martynda Birleşen Milletler Guramasynyň doly hukukly agzalygyna biragyzdan kabul edilmegi bilen ýaş döwletimiziň taryhyna altyn harplar bilen täze sahypalar ýazyldy. Geçen döwürde ýurdumyz BMG bilen strategik gatnaşyklarynyň çäklerinde Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmek boýunça bilelikdäki tagallalary durmuşa geçirdi. Şonuň bilen birlikde, ylym-bilim ulgamynda halkara hyzmatdaşlygynyň ösdürilmegine aýratyn orun berilýär. Dünýäniň abraýly we öňdebaryjy ýokary okuw mekdepleri bilen hyzmatdaşlyk alnyp barylýar. Institutymyz geçen döwrüň içinde 34 döwletiň ýokary okuw mekdepleri we diplomatik akademiýalary bilen hyzmatdaşlyk etmek hakynda Ähtnamalaryň 45-sine gol çekişdi. Şeýle hyzmatdaşlygyň ýola goýulmagy netijesinde dünýäniň bilim ulgamynda gazananlary milli bilim ulgamyna yzygiderli ornaşdyrylyp, özüniň oňyn netijesini berýär. Şeýlelikde, halkara gatnaşyklary ulgamynda bilim alýan magistrleri dünýä ülňülerine laýyklykda taýýarlamak maksady bilen, 2026-2027-nji okuw ýylyndan başlap, iki ýyllyk okuw maksatnamasy işlenip taýýarlandy we kabul edildi. Hormatly Prezidentimiz 2025-nji ýylyň 12-njidekabrynda Halkara Bitaraplyk gününe we Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna bagyşlanan halkara forumdaky eden çykyşynda: «Parahatçylygy döretmek ulgamynda öňüni alyş diplomatiýasynyň syýasy-diplomatik serişdelerini we usullaryny giňden peýdalanýan Milletler Bileleşiginiň baý tejribesine esaslanyp, şeýle hem Bitaraplygyň tejribe häsiýetini ösdürmek, ylmy-barlag, bilim işini amala aşyrmak maksady bilen, Türkmenistan BMG bilen hyzmatdaşlykda Parahatçylyk we bitaraplyk uniwersitetini döretmegi teklip edýär. Bu başlangyjyň goldaw tapjakdygyna umyt edýäris hem-de dostlarymyz we hyzmatdaşlarymyz bilen şu meselä jikme-jik seretmäge taýýardygymyzy beýan edýäris» diýen sözlerinden ugur alnyp, institutyň düzüminde täze parahatçylyk we bitaraplyk kafedrasy açyldy. Kafedranyň esasy wezipesi Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyga esaslanan daşary syýasatynyň milli hem-de dünýä tejribesi boýunça talyplara düýpli bilim bermek, Bitaraplyk syýasatynyň halkara gatnaşyklaryndaky parahatçylygy dörediji gural hökmündäki aýgytly ornuny ylmy taýdan öwrenmek, ýaş alymlaryň, ilkinji nobatda aspirantlaryň we dalaşgärleriň ylmy işlerini ugrukdyrmak, degişli ugurlar boýunça ylmy-barlag işlerini alyp barmak, monografiýalary, okuw kitaplaryny we gollanmalaryny taýýarlamak ýaly işleri amala aşyrmak bilen ýakyndan baglanyşykly bolup durýar. Elbetde, ähli işleriň sakasynda Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallalary bar. Şeýle mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza köp sagbolsun aýdýarys. Merdan BERDINYÝAZOW, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň uly mugallymy.
«Akylyň bolsa hünär öwren»
Maksat-menzillerini milli hünäre ugrukdyrýanlaram, orta okuw hünär mekdeplerine gönükdirýänlerem, ýokary bilime teşnelerem az däl. Pederlerimiz aýtmyşlaýyn, «Hünäriň hordasy ýok». Ýöne gürrüň ony saýlap bilmekde. Orta mekdeplerde hünär taýýarlygynyň binýady goýlan ýaşlar kesp-kär saýlamakda kösenmeýärler. Hünär atly altyn hazynadan ýetdik paýlaryny almak üçin ynamly gadam goýýarlar. Ata-babalarymyz: «Ýigide müň dürli hünär hem azdyr» diýipdirler. Kähalatlarda ýaşajyk mekdep okuwçysy bilen gürrüňdeşlikde biz onuň dürli hünärlerde işlemegi arzuw edýändigine düşünýäris. Oňa: «Sen geljekde kim bolmakçy? Nähili hünäri ele almakçy?» diýenimizde, birnäçe hünäriň ady tutulýar. Şeýle ýagdaýlarda onuň haýsy tarapdan ukyp-başarnygynyň aýratyn ösendigine üns bermek zerurlygy ýüze çykýar. Ol geljekde saýlanjak hünäriň döwrebaplygyna, ýurdumyz üçin getirjek peýdasyna çuňňur düşünen halatynda, dessine belli bir hünäri saýlap bilerdi. Käbir çaga ýaşlygyndan başlap, ata-enäniň we mugallymynyň ýardamy bilen ömürlik diregi boljak hünärini ele almaga taýýarlyk görüp ugraýar. Hünär saýlanýan döwür — ýaşlar üçin iň gyzykly hem-de ömür tarapyndan bölünip berlen belli bir döwür. Elbetde, hünärli bolmak üçin ymtylmak, belli bir kär edinmek hiç mahal giç däl. Ýöne orta mekdebi tamamlanyňdan soň, entek maşgala aladasy başyňa düşmänkä, belli bir hünär edinmek iň amatly döwür hasaplanýar. Hünär-kär saýlamaklyk adam ömrüniň jogapkärli, ykbal öwrülişikli meselesi bolup, ol her bir ynsanyň geljek bagtyýarlygyny gazanmagynyň berk esaslaryny düzýär. Ýaşlaryň öz ukyp-başarnygyna, zehin-üşügine dogry akyl ýetirip, köňül yşky göteren hünärini saýlap almagy durmuşyň berk talaby, ýaşaýyş kanunalaýyklygydyr. Adam ömrüniň manysy, rahatlygy we abatlygy hünäre baglydyr. Çünki ýürek yşkyňy berip, söýüp saýlan hünäriň ussady, mynasyp eýesi bolmaklyk ynsan üçin iň uly abraý-mertebe, bagtdyr. Ýyllaryň dowamynda akyl we beden taýdan taplanan çagalar, ýetginjeklik ýaşyna gelende ömür ykballary üçin şugla saçjak hünär, kär saýlamaklyga doly taýýarlyk gazanypdyr. Durmuş tejribesi ýetik dana pederlerimiz duýgur kalby, syzgyr ýüregi, synçy nazary bilen perzentleriniň hünär babatyndaky ukyp-başarnygyna takyk baha kesmegi başarypdyrlar, olary bu babatynda dogry ýola gönükdiripdirler. Olar durmuşy, ýaşaýşy gurnamaklygyň kämil, ygtybarly ýörelgelerini saýlap alyp, ömür gymmatlygynyň beýik manysyny şahsyýetiň kämilliginden, onuň akyl we beden sazlaşygynyň jeminden agtarypdyrlar, ýaş nesilleriň her biriniň hünärli bolmagyna aýratyn ähmiýet beripdirler. Türkmenleriň arasynda söýlüp okalýan, uly meşhurlyga eýe bolan Keý Kowsuň «Kowusnama» eserinde hünär öwrenmek babatda şeýle öwüt berlipdir: «Eger akylyň bolsa hünär öwren, çünki hünärsiz akyl lybassyz ten, hut görksüz-görmeksiz betnyşan adamdyr». Hünärleri ele almakda halkymyzyň müňlerçe ýyllaryň dowamynda özleşdirip, durmuş kadasyna öwren ýol-ýörelgeleriniň biri hem hünäriň halypadan şägirde geçirilmegidir. Bu babatda halkymyzyň il içinde mertebelenen halypadyr ussadynda hiç haçan akyl husytlygy, pikir gysgançlygy bolmandyr. Halypa hünärinde ýokary ussatlyga ýetişen, halk tarapyndan ykrar edilen mertebeli ynsandyr. Öz ömrüni halal zähmeti, kämil hünäri bilen il-gününe bagyş edip, ençeme şägirtleri ýetişdiren halypalar öz atlaryny taryhyň gatlaryna ýazypdyrlar. Şägirt halypalaryň hünär babatyndaky kämil sapaklaryny aňyna, ýüregine siňdirip, hünärini ykbalyna öwrüpdir, olaryň mertebesini öz ata-ene mertebesiniň barabarlygynda hatyralap, köňül söýgüsi bilen sarpalapdyr. Bu asylly işde halypa bilen şägirdi bir beýik maksat — öz hünäriň bilen halkyňa, Watanyňa hyzmat etmek duýgusy birleşdiripdir. Öwrenenleriňi özleşdirmek halypanyň berk talaby bolupdyr. «Şägirt halypasyndan ozdurmasa kär ýiter» diýen pähime eýeren halypalar haýyr işi jäht tutup, şägirdiň özünden has öňe geçmegini, kämil derejelere göterilmegini gazanypdyrlar. Türkmen düşünjesinde halypa gol berip, kämillige ymtylmagyň möhüm şerti, şägirdiň rehimdarlyk, kiçigöwünlilik, il bähbidi bilen ýaşamak, pespällik, ruhubelentlik ýaly ynsan häsiýetlerini özünde jemlemegidir. Öz bagtyny hünärinde, zähmetinde gören halkymyz hünäriň ynsan ömründäki gymmaty hakynda ençeme ajaýyp nakyllary döredipdirler: «Hünär eýesini eziz eder», «Hünäri öwren-de, ýigren», «Hünärli — zor, hünärsiz — hor», «Hünärli ýigit — miweli agaç», «Hünärli är hor bolmaz, dost-duşmana zar bolmaz». Hünär — her bir ynsanyň egsilmeýän hazynasy. Haýsy hem bolsa bir düýpli hünäre eýe bolan adam rysgal-berekediň çeşmesine ýetýär. Hünär — bagtly ýaşaýşyň, gowy durmuşyň kepili. Hünärli adam hiç mahal hor bolmaýar. Ol özüniň zähmeti bilen daş-töweregine ýakym-ýaraşyk peşgeş berip, ömürlere nur paýlaýar. Gunça NEPESOWA, Aşgabat şäherindäki Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky ýöriteleşdirilen umumybilim berýän mekdep-internatynyň iňlis dili mugallymy.
Важнейший этап в подготовке будущих врачей
В эру Возрождения новой эпохи могущественного государства особое внимание уделяется развитию национальной системы здравоохранения, совершенствованию медицинской науки и подготовке высококвалифицированных специалистов. Под руководством уважаемого Президента Сердара Бердымухамедова успешно реализуются масштабные государственные программы, направленные на укрепление здоровья населения, внедрение современных медицинских технологий и повышение качества медицинского образования. Фундаментальной основой качественной системы здравоохранения любого государства является подготовка высококвалифицированных медицинских кадров. В нашей стране, где здоровью нации уделяется приоритетное внимание, Государственный медицинский университет Туркменистана имени Мырата Гаррыева ведёт масштабную работу по интеграции передовых образовательных методик и практического опыта. Такой комплексный подход способствует воспитанию социально ответственных специалистов, осознающих высокую миссию медицинской профессии. Сегодня медицинское образование Туркменистана развивается в соответствии с международными образовательными стандартами, сочетая лучшие достижения мировой науки с национальными традициями отечественной медицины. Благодаря постоянной государственной поддержке совершенствуется материально-техническая база учебных и лечебных учреждений, расширяются возможности для научных исследований и практической подготовки студентов. Летняя производственная практика является важнейшей составляющей подготовки конкурентоспособных медицинских кадров. Она содействует формированию профессиональных компетенций, необходимых для эффективной врачебной деятельности, развитию научного мировоззрения, ответственности и преданности избранной профессии. Важнейшим этапом в становлении будущего врача, провизора или гигиениста является летняя производственная практика – связующее звено между академическими знаниями, полученными в стенах университета, и реальной клинической средой. Её главная цель заключается в формировании у студентов клинического мышления, закреплении мануальных навыков и психологической адаптации к работе в медицинском коллективе. Производственная практика студентов-медиков проводится на базе многопрофильных больниц, специализированных медицинских центров, домов здоровья и учреждений первичной медико-санитарной помощи, оснащённых передовым оборудованием. Инфраструктура, включающая современные научно-клинические центры, позволяет студентам использовать в обучении последние достижения мировой медицины. Процесс строго регламентирован, за каждым студентом закрепляется руководитель от базы практики, который контролирует выполнение индивидуального плана. Режим работы практикантов максимально приближен к графику штатных медицинских работников, что способствует формированию дисциплинированности и ответственности. Под руководством опытных врачей-наставников студенты осваивают современные методы диагностики, профилактики и лечения заболеваний, закрепляют практические навыки оказания медицинской помощи, изучают особенности ведения медицинской документации и принципы соблюдения санитарно-эпидемиологического режима. Особое значение практика имеет для формирования клинического мышления, развития профессиональной ответственности, коммуникативных компетенций и соблюдения норм медицинской этики и деонтологии. Непосредственное участие в лечебно-диагностическом процессе позволяет студентам приобрести бесценный опыт взаимодействия с пациентами, совершенствовать навыки принятия клинических решений и работы в составе многопрофильной медицинской команды. Практика учит студентов основам деонтологии – чуткому и внимательному отношению к пациентам и их родственникам. Работа в условиях стационаров, поликлиник и санитарно-эпидемиологических центров позволяет понять организационную структуру здравоохранения, специфику дежурств и принципы оказания неотложной помощи. По итогам каждого этапа студенты проходят зачёт, демонстрируя уровень освоения практических навыков, зафиксированных в отчётной документации. Летняя производственная практика – это не просто обязательный академический элемент, а кузница профессиональных кадров. Опираясь на богатый национальный опыт, включая мудрые наставления Героя-Аркадага в трудах о лекарственных растениях и укреплении здоровья, будущие медики Туркменистана получают уникальный шанс стать специалистами, способными не только исцелять, но и стоять на страже профилактики заболеваний. Следует отметить, что государственная политика Туркменистана в сфере здравоохранения, основы которой заложены Национальным Лидером туркменского народа Героем-Аркадагом, и реализуемая сегодня под руководством Президента Аркадаглы Героя Сердара, направлена на дальнейшее укрепление кадрового потенциала отрасли, модернизацию медицинской инфраструктуры и повышение качества медицинского образования. В этих условиях производственная практика студентов приобретает особую значимость как эффективный механизм подготовки компетентных специалистов, способных успешно решать актуальные задачи современной медицины. Уверенно овладевая современными медицинскими знаниями и практическими навыками, будущие врачи вносят достойный вклад в дальнейшее развитие отечественного здравоохранения, сохраняя и приумножая лучшие традиции туркменской медицины во имя благополучия народа и процветания независимого нейтрального Туркменистана. Последовательное совершенствование системы практической подготовки в Государственном медицинском университете Туркменистана имени Мырата Гаррыева является гарантом того, что здравоохранение страны будет и впредь развиваться на базе инноваций, высокого профессионализма и гуманистических идеалов. Таким образом, летняя производственная практика является важнейшим этапом профессионального образования студентов-медиков. Она способствует формированию практических навыков, развитию клинического мышления, повышению уровня профессиональной подготовки и воспитанию высокой ответственности за здоровье населения, что соответствует приоритетным направлениям развития национальной системы здравоохранения. Агаюнус МЫРАДОВА, преподаватель кафедры гигиены питания Государственного медицинского университета имени Мырата Гаррыева.
Изучая языки, достигнешь многого
Знание языков — дело нужное и полезное. При помощи хорошей языковой подготовки можно свободно и беспрепятственно изъясняться с собеседником – носителем языка, смело путешествовать по разным странам, строить деловые отношения с бизнес-партнёрами, читать в оригинале любимых писателей. И самое главное, можно сочетать полезное с приятным: в ходе изучения языков повышается культурный уровень человека, открываются новые перспективы, расширяется кругозор. Языковая политика занимает достойное место в сфере образования, её концепция позволяет педагогам Туркменистана подходить к делу творчески, созидательно. В стране работают специализированные школы по иностранным языкам, которые вносят вклад в общее дело и стремятся к тому, чтобы каждый проведённый урок был содержательным, познавательным, запомнился учащимся. Так, закладывается основа воспитания и гуманитарного образования подрастающего поколения. Для языковедов-лингвистов – учителей английского, русского, туркменского и японского языков, преподаваемых в средней школе № 15 г.Балканабат, стало доброй традицией устраивать раз в месяц «неделю языка» – одного из четырёх изучаемых. Как правило, в рамках таких мероприятий проводятся открытые уроки, организуются выставки поделок учащихся, тематические вечера, выпуск стенгазет с ребусами и кроссвордами на иностранных языках, а стены школы украшают цитаты, различные высказывания знаменитых писателей и поэтов, известных личностей в оригинале и переводе. Школьные вернисажи дополняются изготовлением макетов, изображающих достопримечательности той или иной страны, звучат песни, декламируются стихи, в которых содержатся мудрые высказывания. А в привычные будни, когда продолжается учебный процесс, в определённые дни можно услышать различную речь в форме приветствия на том или ином языке, короткие диалоги в коридорах, – внеклассные упражнения школьников на переменах поощряются учительским составом школы. В этом году исполняется десять лет, как в школе начал преподаваться японский язык. За это время кроме школьного курса ребята научились многому, постигая культуру этого народа, без чего труднее вникнуть в атмосферу языка, почувствовать его «вкус». К тому же сопутствующие экскурсы стимулируют интерес и старание к изучению школьного предмета. Например, учащиеся научились искусству оригами, мастерили белых бумажных журавликов – символ добра и справедливости на планете. Эти бумажные птицы ручной работы, а также старательно изготовленное цветущее дерево сакуры стали экспонатами постоянной выставочной коллекции. А ещё старшеклассники, следуя обычаям и традициям Страны восходящего солнца, пробуют свои таланты в приготовлении блюд японской кухни. Они научились готовить суши и онигири, угощают гостей мероприятий, с удовольствием посещающих языковые акции и другие школьные торжества, чтобы послушать как японские песни, так и проникновенные строки Махтумкули на языке оригинала и в переводе на тот же японский. Наталья ЕВТЕРЕВА, учитель английского языка средней школы № 15 г.Балканабат Балканского велаята.
Okuw-tejribelik sapary
Ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleri bilen daşary ýurtlaryň bilim edaralarynyň arasynda ýola goýulýan hyzmatdaşlyk barha pugtalandyrylyp, oňyn netijeleri berýär. Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň talyplarynyň Italiýa Respublikasynyň Florensiýa şäherinde bolup, tomusky okuw tejribeligini geçmekleri hem munuň güwäsine öwrüldi. «Türkmenistanda ýokary hünär bilimini ösdürmegiň 2026 — 2052-nji ýyllar üçin Strategiýasynda» kesgitlenen wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmek, ýokary hünär bilimine degişli öňdebaryjy usullary hem-de özara hyzmatdaşlygy ösdürmek maksady bilen Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Kent döwlet uniwersitetiniň Italiýanyň Florensiýa şäherindäki şahamçasynyň çakylygy esasynda guralan bu sapar netijeli häsiýete eýe boldy. Iki tapgyrda dowam eden saparyň barşynda uniwersitetiň halkara hukugy we halkara gatnaşyklary fakultetiniň talyplaryna häzirki zaman halkara gatnaşyklarynyň taryhy we şu güni dogrusynda Kent döwlet uniwersitetiniň professory tarapyndan iňlis dilinde okuw sapaklary geçildi. Mälim bolşy ýaly, Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersiteti bilen Kent döwlet uniwersitetiniň arasynda özara düşünişmek hakyndaky Ähtnama ABŞ-nyň Ogaýo ştatynyň Kent şäherinde gol çekilipdi. Bu resminamanyň çäklerinde hyzmatdaş ýokary okuw mekdepleriniň okuw meýilnamalaryny kämilleşdirmek boýunça maksadalaýyk işler durmuşa geçirilýär. Geljekde hem halkara bilim hyzmatdaşlygyny barha giňeltmek esasynda birnäçe möhüm maksatnamalary durmuşa geçirmek göz öňünde tutulýar. Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň talyplarynyň Italiýada geçen tomusky okuw tejribeligi türkmen ýaşlarynyň dünýä ylmy we bilimi bilen aýakdaş barýandygynyň nobatdaky subutnamasyna öwrüldi. Ýokary okuw mekdepleriniň arasyndaky şeýle netijeli hyzmatdaşlyk giň gözýetimli we öz işiniň ussady bolan hünärmenleri taýýarlamakda möhüm ähmiýete eýedir. Sülgün MYRATGELDIÝEWA, Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň mugallymy.
Çagalaryň sagdyn dünýäsi
Bagtyýar çagalygyň mekany bolan eziz Diýarymyzda ösüp gelýän ýaş nesliň sagdyn, berk bedenli, kämil we giň dünýägaraýyşly bolup ýetişmekleri üçin döwlet derejesinde uly aladalar edilýär. Halkara ülňülerine laýyk gelýän, «akylly» şäher konsepsiýasy esasynda gurlan Arkadag şäheriniň çagalar baglarynda hem körpeleriň tomus paslyny şadyýan, gyzykly we peýdaly geçirmekleri üçin ähli şertler döredilendir. Arkadag şäherindäki 4-nji çagalar bagynda şu günler tomus sagaldyş möwsümi mynasybetli aýdym-sazly we sport çäreleri yzygiderli guralýar. Çagalar bagynda körpeleriň gatnaşmagynda halk ertekileri esasynda taýýarlanan sahna oýunlary, goşgy aýtmak we şadyýan tans etmek boýunça bäsleşikler geçirilýär. Aýdym-sazyň üsti bilen çagalaryň gözellik duýgulary baýlaşdyrylsa, şadyýan ritmler arkaly olaryň her bir güni has-da şowhunly geçýär. Şadyýan bäsleşikler, estafeta oýunlary, çagalaryň ýaşyna laýyk gelýän sport ýaryşlary körpelerde toparda agzybir işlemek, çalasynlyk we ugurtapyjylyk ýaly häsiýetleri kemala getirýär. Surat çekmek we plastilinden dürli şekiljikleri ýasamak boýunça geçirilýän bäsleşikler çagalaryň döredijilik ukybyny, ownuk motorikasyny, ukyp-başarnyklaryny ösdürmekde uly ähmiýete eýedir. Geçirilýän her bir çäre körpeleriň diňe bir wagtyny hoş geçirmek bilen çäklenmän, eýsem, olaryň akyl we beden taýdan sazlaşykly ösmegine, dünýägaraýşynyň giňemegine oňaýly täsir edýär. Gülşat ANNADURDYÝEWA, Arkadag şäherindäki 4-nji çagalar bagynyň müdiri.
Dynç alyş möwsüminde gyzykly pursatlar
Ahal welaýat häkimliginiň Gökderedäki «Bagtyýar nesiller» çagalar dynç alyş we sagaldyş merkezinde çagalar wagtlaryny gyzykly we täsirli geçirýärler. Bilşimiz ýaly, häzirki döwürde dynç alyş möwsüminiň üçünji tapgyry dowam edýär. Tomusky dynç alyş möwsüminiň bu tapgyryna dynç alşa gelen çagalary dynç alyş we sagaldyş merkezinde guramaçylykly kabul etmek we ýaş aýratynlyklaryna görä toparlara bölmek işleri göwnejaý guraldy. Dynç alşa gelen mekdep okuwçylaryny çagalar dynç alyş we sagaldyş merkezi we onuň gün tertibi bilen tanyşdyrmak, çagalaryň arasynda dostluk gatnaşyklaryny ýola goýmak maksady bilen «Geliň, tanşalyň!» atly tanyşdyrylyş çäresi hem guramaçylykly geçirildi. Dynç alýan mekdep okuwçylarynyň isleglerine we ukyplaryna görä, merkezde hereket edýän gurnaklara ýazylmaklary üçin degişli işler geçirilip, olar bilen döredijilik häsiýetli dürli görnüşli çäreleri guramaga girişildi. Çagalar dynç alyş we sagaldyş merkeziniň ýörite meýilnamasy esasynda geçirilmeli çäreler bilen hem tanyşdyryldy. Uly terbiýeçi-mugallymlaryň ýardam etmeginde merkezde dynç alýan çagalardan jemgyýetçilik başlangyçlarynda hereket edýän işjeňler toparlary hem döredildi. Bu toparlaryň düzüminde «Öňbaşçylar topary», «Sport topary», «Metbugat topary», «Döredijilik işleri boýunça topar», «Tebigatyň ýaşajyk dostlary» ýaly toparlar döredildi we bu toparlara çagalar öz islegleri, başarnyklary boýunça ýazyldylar. Bulardan başga-da, merkezde dynç alýan çagalar bilen aýdym-sazly çäreleri, çeper okaýyşlary, dürli görnüşli edebi bäsleşikleri, edebi-sazly agşamlary guramaga taýýarlyk görülýär. Olar gyzykly we guramaçylykly geçirilýär. Şonuň ýaly-da, çagalar dynç alyş we sagaldyş merkezinde «Saglygym — baş baýlygym» diýen at bilen küşt, şaşka, düzzüm, türkmen milli oýunlary boýunça ýaryşlar geçirilýär. Dürli aýdym-saz toparlarynyň çykyşlary hem guralýar. Sebäbi çagalar aýdym-sazly çykyşlary diýseň halaýarlar we örän işjeň gatnaşýarlar. Umuman, bu ýerde dynç alýan bagtyýar çagalar üçin döwrebap mümkinçilikler bar. Bagtly nesilleriň sagdyn ösmekleri, döwrebap dynç almaklary, ukyp-başarnyklaryny ösdürmekleri üçin döredilen şertler, guralýan gyzykly çäreler hem-de alnyp barylýan terbiýeçilik işleri çagalaryň tomusky dynç alşyny many-mazmunly geçirmäge uly mümkinçilik berýär. Bagtyýar döwrüň bagtly çagalarynyň şatlykly, şowhunly günleri ýatdan çykmajak pursatlara beslenýär. Döredilýän bu mümkinçilikler bolsa bagtyýar nesiller hakyndaky aladanyň aýdyň beýanydyr. Gülzada ERNEPESOWA, Ahal welaýat häkimliginiň Gökderedäki «Bagtyýar nesiller» çagalar dynç alyş we sagaldyş merkeziniň uly mugallymy.
Şatlyga beslenýän günler
Bilşimiz ýaly, çagalaryň tomusky dynç alşy ýurdumyzyň ähli ýerlerinde guramaçylykly dowam edýär. Awazanyň ajaýyp kenarynda ýerleşen Daşoguz welaýat häkimliginiň «Daşoguz» ulular we çagalar üçin döwrebap dynç alyş we sagaldyş merkezinde-de çagalaryň dynç alşy talabalaýyk guralan. Bu ýerde çagalaryň dynç alşy umumy bäş tapgyrda guralýar. Häzirki wagtda dynç alşyň dördünji tapgyry tamamlanyp barýar. Bäşinji tapgyr bolsa 1-nji awgustdan 10-njy awgust aralygynda dowam eder. «Daşoguz» ulular we çagalar üçin döwrebap dynç alyş we sagaldyş merkezi her tapgyrda çagalaryň 100-sine dynç almaga niýetlenen. Bu ýerde çagalaryň wagtlarynyň täsirli we manyly geçmegi üçin ýörite düzülen meýilnama esasynda gyzykly çäreler toplumy guralýar. Çagalar hemişe lukmanyň hem-de terbiýeçi mugallymlaryň gözegçiliginde bolup, olar talabalaýyk iýmitlenýärler, wagtlaryny şatlykly geçirýärler we oňat dynç alýarlar. Çagalaryň bu ýerdäki dynç alşynyň gyzykly we ýatda galyjy bolmagy üçin her gün geçirilýän gyzykly çäreler we täsirli gezelençler olaryň zehinleriniň açylmagyna hem oňaýly täsir edýär. Ekologiýa taýdan arassa, jana şypaly deňziň ajaýyp, hoştap howasy ösüp gelýän ýaş nesil üçin aýratyn melhemdir. Sagaldyş we dynç alyş merkezinde çagalar üçin ýörite howuzlar hem bar. Oýun oýnamaga niýetlenen meýdançalar çagalara aýratyn joşgun berýär. Futbol, woleýbol, basketbol meýdançalarynda sport ýaryşlary yzygiderli guralýar. Kino, okalga, oýun zallarynda çagalar wagtlaryny şadyýan geçirýärler. Bulardan başga-da, döredijilik bäsleşiklerinde, sport ýaryşlarynda hem çagalar ukyp-başarnyklaryny görkezýärler. Dynç alýan oglanlaryň arasynda futbol boýunça merkeziň birinjiligi ugrunda ýaryşlar geçirilýär. Gyzlaryň we oglanlaryň arasynda woleýbol boýunça bäsleşikler hem yzygiderli guralýar. Tomus möwsümi bilen baglanyşykly surat çekmek we reňkli kagyzlardan sekilleri ýasamak, ýelimlemek boýunça guralýan bäsleşikler hem örän gyzykly geçýär. Çeper okaýyş boýunça guralýan bäsleşiklerde çagalar ýatdan bilýän goşgularyny labyzly okamak arkaly özara bäsleşýärler, has tapawutlanyp çykyş eden okuwçylara ýadygärlik sowgatlar gowşurylýar. Çagalaryň dynç alyş möwsüminiň dowamynda olar bilen Awazanyň gözel ýerlerine syýahatlar, muzeýlere gezelençler hem guralýar. «Jadyly kenar» seýilgähine hem-de deňizde gämili gezelençleri guramak çagalar üçin has gyzykly bolýar. Şirin GARABAÝEWA, Daşoguz welaýat Baş bilim müdirliginiň baş hünärmeni.
Netijeli işlere badalga
Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ýurdumyzda ylym-bilim, döredijilikli zähmet bilen belent sepgitlere ýetilýär. Ata Watanymyz Türkmenistanda ýaşlar syýasaty giň gerim bilen alnyp barylýar. Ýurdumyzyň umumybilim berýän orta mekdeplerinde zehinli, giň dünýägaraýyşly, kämil ýaşlary terbiýeläp ýetişdirmek üçin uly mümkinçilikler, giň şertler döredilýär. Ýaşlaryň, mekdep okuwçylarynyň ukyp-başarnyklaryny, tebigy zehinlerini ýüze çykarmak üçin dürli bäsleşikler geçirilýär. Etrap, welaýat, döwlet derejesinde, hatda dünýä möçberinde geçirilýän bäsleşiklerde türkmen ýaşlary abraýly orunlary eýeleýärler. Hormatly Prezidentimiz «Ýaşlar — Watanyň daýanjy» atly kitabynda: «Ýaşlar döwletimiziň kuwwatly güýjüdir, halkymyzyň belent maksatlara ýugrulan nurana geljegidir» diýip, türkmen ýaşlaryna örän uly ynam bildirýär, ýaş nesilleri jemgyýetiň geljegi hasaplaýar. Ak bugdaý etrabyndaky ýöriteleşdirilen 45-nji orta mekdebimizde hem ýurdumyzda alnyp barylýan bilim syýasatyny durmuşa geçirmek, okuwçylara bilim, terbiýe bermek, ýaşlara daşary ýurt dillerini öwretmek, olaryň zehinini, ylma bolan höwesini, innowasiýa bolan söýgüsini, hünär saýlamaga bolan ukybyny ýüze çykarmak üçin ähli şertler, döwrebap mümkinçilikler döredilen. Şeýle dünýä nusgalyk şertleriň döredilmegi Watana, il-günümize, hormatly Prezidentimize wepaly ýaşlary terbiýelemekde örän ähmiýetlidir. Mekdebimizde bilim alýan okuwçylary milli ruhda terbiýelemek, olaryň tebigy zehinini ýüze çykarmak, ylmyň gazananlaryny, innowasiýany öwrenmek üçin kompýuter otaglarynyň 2-si, lingafon otaglarynyň 4-si, häzirki zaman multimedia tagtalarynyň 8-si, gyzlara, oglanlara aýratynlykda öwretmek üçin zähmet otaglarynyň 4-si hyzmat edýär. Mekdep okuwçylary daşary ýurt dillerini içgin öwrenmäge aýratyn üns berýärler. Mekdepde iňlis dilini çuňlaşdyryp öwretmekde lingafon otaglaryndan giňden peýdalanylýar. Ýaşlara iňlis, rus dillerini öwretmekde lingafon enjamlarynyň hyzmaty örän ýokarydyr. Döredilen mümkinçiliklerden peýdalanyp, mekdebimiziň okuwçylary halkara internet bäsleşiklerine-de işjeň gatnaşýarlar. 2025—2026-njy okuw ýylynda okuwçylaryň 274-si halkara internet bäsleşigine gatnaşyp, baýrakly orunlara mynasyp boldular. Şeýlelikde, mekdebimiziň abraýyny welaýat, döwlet derejesinde ýokary göterdiler. «Türkmenistanda umumybilim maksatnamalary boýunça okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmegiň 2028-nji ýyla çenli Konsepsiýasyny» durmuşa geçirmek üçin mekdebimizde degişli işler amala aşyrylýar. Tejribeli halypa mugallymlaryň iş tejribesini öwrenmek, okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmek, okuwçylaryň pikirleniş ukybyny ösdürmek boýunça mekdebiň usuly birleşmeleri ýörite düzülen meýilnama esasynda iş alyp barýarlar. Bu babatda mekdebiň tejribeli mugallymlary şu ýyl dersler boýunça görelde sapaklaryny guradylar. Mekdebiň mugallymlary Tawus Annaýewa, Gülaýym Narlyýewa etrap derejesinde iňlis dili dersinden görelde sapagyny gurap, etrabyň iňlis dili mugallymlaryna Konsepsiýanyň öňde goýan wezipelerini durmuşa geçirmegiň ähmiýetini öz iş tejribelerinde görkezdiler. Mekdep okuwçylaryny hünäre ugrukdyrmak, hünär tejribesini öwretmek boýunça hem umumybilim berýän orta mekdepleriň ählisinde giň mümkinçilikler döredildi. Okuwçylaryň kompýuter sowatlylygy babatda ösen isleglerini nazara alyp, mekdebimizi şu ýyl tamamlan uçurymlar bilen «Kompýuter sowatlylygynyň esaslary» hünäri boýunça okuwlar guralyp, olar umumy orta bilim hakynda şahadatnama bilen bir hatarda «Kompýuter sowatlylygynyň esaslary» hünäri boýunça hünär şahadatnamasyny aldylar. Bu bolsa hormatly Prezidentimiziň ýaşlaryň umumy orta bilim almak bilen bir hatarda, belli bir hünär boýunça zähmet ýoluna gadam basmagyna döreden uly mümkinçiligidir. Mekdebimizde 2025—2026-njy okuw ýylyny üstünlikli jemlemek bilen birlikde, täze 2026—2027-nji okuw ýylyna guramaçylykly başlamak işleri hem dowam edýär. Häzir täze okuw ýylyna taýýarlyk işleri boýunça mekdebimizde abatlaýyş, tämizleýiş işleri, mekdep emläkleriniň abatlygyny gözden geçirmek işleri dowam edýär. Bu işleri birkemsiz amala aşyrmak hem-de täze okuw ýylyna guramaçylykly başlamak üçin hormatly Prezidentimiziň bilim özgertmelerini mekdep durmuşyna ornaşdyrmak, mekdebiň çägini bagy-bossanlyga, gülzarlyga öwürmek, okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmek babatda giň mazmunly meýilnama düzüldi. Oguljuma GURBANOWA, Ak bugdaý etrabyndaky takyk ugurly we iňlis dili okuw derslerini çuňlaşdyryp öwredýän ýöriteleşdirilen 45-nji orta mekdebiň müdiri.
Bilim — kämilligiň binýady
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda ýurdumyzda milli bilim ulgamyny özgertmek, ýaş nesliň sagdyn ösmegi, döwrebap bilim-terbiýe almagy, ylym bilen meşgullanmagy, oňat dynç almagy üçin ähli şertler döredilýär. Gahryman Arkadagymyzyň beýik başlangyçlaryny mynasyp dowam edýän hormatly Prezidentimiziň tagallalary netijesinde, ýurdumyzyň ähli ugurlary bilen bir hatarda milli bilim ulgamynda hem amala aşyrylýan beýik işler, düýpli özgertmeler, ýetilen belent sepgitler her birimizi guwandyrýar. Mahlasy, «Türkmenistanda umumybilim maksatnamalary boýunça okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmegiň 2028-nji ýyla çenli Konsepsiýasy» üstünlikli durmuşa geçirilýär. Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda milli bilim ulgamyna berilýän aýratyn üns, yzygiderli edilýän alada göwün guşuňy ganatlandyrýar. Berkarar döwletimiziň ýagty geljegi bolan ýaş nesillerimiz hem uly üstünlikleri gazanyp, Watana wepalylyk, ygrarlylyk, lebzi halallyk ýaly ajaýyp häsiýetleri özünde jemleýärler. Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasy» üstünlikli durmuşa geçirilýär. Bu maksatnamanyň esasy ugurlarynyň biri hem pudaklarda sanly ulgamy has-da ösdürmek bilen baglanyşyklydyr. Häzirki wagtda Ýolöten etrabynda orta mekdepleriň 48-si, mekdebe çenli çagalar edaralarynyň 22-si hem-de çagalar we ýetginjekler döredijilik öýi bolup, olarda zähmet çekýän bilim işgärleri hormatly Prezidentimiziň bilim ulgamynyň öňünde goýan wezipelerini durmuşa geçirmekde asylly ýörelgelere eýerip, ýaşlaryň döwrebap bilim almaklary üçin her bir işe döredijilikli çemeleşýärler. Bu ugurda bilim işgärleri dürli görnüşli bäsleşikleri geçirýärler. Sapaklary gyzykly hem işjeň guraýarlar. Şeýle-de geçirilýän baýramçylyk çärelerine ýaşlaryň işjeň gatnaşmaklaryny gazanýarlar. Netijede, ata Watanymyzyň geljegi bolan ýaş nesliň bilimli, giň dünýägaraýyşly we kämil adamlar bolup ýetişmekleri ugrunda edilýän tagallalar ýerine düşýär. Eziz Watanymyzyň röwşen geljegi bolan ýaşlara uly ynam bildirilýär. Bu günki gün ýurdumyzda bilim ulgamynyň kämilleşdirilmegi, ýaş nesliň döwrebap bilim-terbiýe almagy, innowasion tehnologiýalardan oňat baş çykarýan, giň gözýetimli adamlar bolup ýetişmegi ugrundaky tagallalaryň barha rowaçlanyp, özüniň oňat netijesini berýändigine göz ýetirmek bolýar. Okuwçylaryň biliminiň çuňňurlygy, ilkinji nobatda, bilim işgärleriniň hünär ussatlygyna baglydyr. Şonuň üçin etrabymyzda mugallymlaryň, terbiýeçileriň hünär ussatlyklaryny kämilleşdirmeklerine aýratyn üns berilýär. Mugallymlar bilen usuly-amaly maslahatlary, öňdebaryjy iş tejribeleri öwrenmek we ýaýratmak işleri yzygiderli alnyp barylýar. Ýurdumyzda her ýylda dünýä ülňülerine laýyk gelýän döwrebap enjamlar bilen enjamlaşdyrylan orta mekdepleriň hem-de çagalar baglarynyň birnäçesi gurlup ulanylmaga berilýär. Bu tutumly işler bolsa bilim işgärlerinde döwrüň talabyna görä, täzeçe usullarda döredijilikli zähmet çekmäge hyjuw döredýär. Amanýaz REJEPGULYÝEW, Ýolöten etrap bilim bölüminiň müdiri.
Edebiýat sapaklarynda döwrebap ugurlar
Hormatly Prezidentimiziň bilim ulgamyndaky özgertmeleri ähli bilim işgärlerini buýsandyrýar. Umumybilim berýän orta mekdeplerde okuwçylary milli ruhda terbiýelemek asylly ýörelgämizdir. Ýaşlary milli ruhda terbiýelemekde edebiýat sapagynyň orny uludyr. Okuwçylara edebiýatdan bilim we terbiýe bermegiň, olaryň ýokary ýetişigini gazanmagyň esasy serişdesi sapakdyr. Sapak belli bir kesgitlenen wagt aralygynda mugallymyň okuwçylar bilen alyp barýan okuw işidir. Edebiýat sapaklarynda, esasan, çeper eserler, halk döredijiligi, ýazuw ýadygärliklerimiz, şadessanlarymyz, mahlasy, edebi mirasymyz öwredilýär. Ol eserleriň üsti bilen okuwçylarda watansöýüjilik, ruhubelentlik, dogruçyllyk, mertlik ýaly häsiýetler terbiýelenýär. Her bir sapagyň öz öňünde goýýan anyk maksady, amal etmeli wezipesi bar. Şonuň üçinem sapagyň her bir pursadyny netijeli peýdalanmaga çalşylýar. Sapagyň maksadyna ýetmegi, ilkinji nobatda, mugallymyň özüne baglydyr. Edebiýat dersiniň esasy maksady sapakda we sapakdan daşary okuwlarda okuwçylara çeper edebiýaty okamagy, derňemegi öwretmekden, olara edebi bilim bermekden, edebiýatyň keşpli, duýguly täsirlilik güýjünden peýdalanyp, okuwçylarda edep-ekramy, ýokary ahlaklylygy terbiýelemekden ybaratdyr. Mugallym okuwçylary durmuşa taýýarlaýar. Olara çuňňur edebi bilim bermek arkaly oňat adamkärçilik sypatlaryny, gylyk-häsiýetlerini kemala getirýär. Munuň üçin bolsa edebiýat sapagynyň maksady anyk goýulmaly. Okuw işi anyk meýilnama esasynda alnyp barylmaly. Mugallym sapagyň döwrebap, ylmy, durmuşy esasda guralmagyna gönüden-göni jogap berýär. Edebiýat sapagy belli bir usulyýet esasynda guralmaly. Mugallym her bir sapagy guramakda ilki okatmagyň usullaryny we tärlerini öňünden kesgitlemeli, şeýle-de ulanjak elektron ýazgylaryny taýýarlamalydyr. Okatmagyň usullary we tärleri sapagyň temasyna, mazmunyna görä saýlanyp alynýar. Ýeri gelende bellesek, şol bir wagtyň özünde edebiýat sapagyndan edilýän esasy talaplar bar. Guralýan her bir sapak baş durmuş ýörelgämiz bilen berk baglanyşykly bolmalydyr. Beýleki derslerde bolşy ýaly, edebiýat sapaklarynda hem okuw-görkezme esbaplaryň, tehniki serişdeleriň dürli görnüşleri ulanylýar. Olary, esasan, şular ýaly toparlara bölmek mümkin: 1) okuw — tema bilen baglanyşykly tablisalar, gazet-žurnallardan we internetden alnan maglumatlar, taslamalar; 2) ýazyjy-şahyrlaryň portreti, suraty, albomlar; 3) esere degişli suratlar, çeper şekiller; 4) tehniki serişdeler — kompýuterler, proýektorlar; 5) gaýybana edebi gezelençleri guramak üçin dünýäniň we Türkmenistanyň kartasy we şuňa meňzeşler bolup biler. Elbetde, bularyň hemmesi tehniki serişdeler arkaly hereketli, animasiýaly bolsa has täsirli bolar. Edebiýat mugallymynyň sapagy netijeli guramagy üçin görkezme esbaplary we prezentasiýalary taýýarlamagyň usullaryny bilmegi zerurdyr. Prezentasiýanyň esasy maksady ählitaraplaýyn maglumatlary talabalaýyk, döwrebap görnüşde, çuň, ýeňil we çalt, aýratyn-da täsir ediji derejede okuwçynyň aňyna ýetirmekdir. Edebiýat sapagynda şahyryň ýa-da ýazyjynyň döredijiligini öwretmek maksady bilen, prezentasiýalary taýýarlamagyň ygtybarly usullaryny ulanmaly. Edebiýat sapaklarynda okuw-görkezme esbaplary we tehniki serişdeler okuwçylara çuňňur bilim bermäge, olarda öwrenilýän edebi maglumatlar boýunça anyk hem aýdyň düşünje döretmäge hyzmat etmelidir. Parahat JUMAÝEWA, Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň uly mugallymy.
Körpeleri terbiýelemegiň usullary
Günbe-günden uly ösüşlere beslenýän ýurdumyzda körpe nesliň sagdyn ösüp kemala gelmegi, şatlykly, bagtyýar durmuşda ýaşamagy üçin ähli mümkinçilikler döredilýär. Tomusky sagaldyş möwsüminde sapaklaryň ýerine gyzyklanma, göwnaçma çäreleri guralýar. Bu möwsümde çagalaryň sagdyn ösmekleri hem-de olaryň bedenini berkitmek maksady bilen çagalar bakja-bagymyzda meýilnama esasynda taplama çäreleri geçirilýär. Ony geçirmegiň maksady çagalaryň saglygyny berkitmek we goramakdyr. Çagalaryň wagtlaryny şadyýan geçirmegi, kadaly ösmegi, dynç almagy üçin guralýan gyzyklanma çärelerine körpeler höwes bilen gatnaşýarlar. Terbiýeçi-pedagoglar irden çagalaryň saglygyny, arassaçylygyny barlap kabul edýärler. Soňra körpeler bilen irki beden maşklary ýerine ýetirilip, ertirlik nahary berilýär. Körpeler naharlanandan soňra, dürli çäreler geçirilýär. Çagalar bilen dürli oýunlar, aýdym-sazly göwnaçmalar, «ertekiler dünýäsine» gezelençler guralýar. Soňra sagaldyş-taplama çäreleri geçirilýär. Günüň ikinji ýarymynda çagalara dürli many-mazmunly oýunlar oýnadylýar. Soňra hereketli oýunlar guralýar. Körpeler günüň dowamynda ýörite taýýarlanylýan tagamnama esasynda çagalar üçin gerekli witaminlere baý bolan önümler bilen naharlanýarlar. Çagalar bakja-bagymyzda her topara niýetlenen oýun meýdançalary bar. Olar ýörite enjamlar bilen enjamlaşdyryldy. Ol meýdançalarda çagalaryň ýaş aýratynlygyna laýyklykda, terbiýeçilik pursatlary guralýar. Bu bolsa körpeleriň bedenlerini berkitmegine we wagtlaryny şadyýan geçirmegine uly ýardam berýär. Tomus möwsüminde oýunlaryň yzygiderli guralmagy çagalaryň wagtlarynyň manyly we gyzykly geçmegine oňyn täsirini ýetirýär. Bu möwsümi guramaçylykly geçirmek üçin multfilmleri görkezmek, ertekileriň gahrymanlarynyň şekillerini janlandyryp, oýunlary guramak has-da täsirlidir. Çagalar bilen guralýan şeýle görnüşli göwnaçma çäreleri öz oňyn netijelerini berýär. Bu çäreler körpeleriň gündelik çagalar bagyna höwesli gatnamaklaryna, şatlanmaklaryna şert döredýär. Ýurdumyzda sagdyn nesliň kemala gelmegi ugrunda uly tagallalary edýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagyny, beýik işleriniň hemişe rowaçlyklara beslenmegini tüýs ýürekden arzuw edýäris. Altyn SAÝATOWA, Aşgabat şäherindäki 117-nji çagalar bakja-bagynyň müdiri.
Täze okuw ýylyna belent maksatlar bilen
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimizde türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň hem-de hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde milli bilim ulgamyny yzygiderli kämilleşdirmek boýunça giň mümkinçilikler döredilýär. Bu mümkinçilikler ýaş nesle döwrebap terbiýe hem-de çuňňur bilim bermäge, olaryň dünýä dillerini kämil özleşdirmegini üpjün etmäge uly itergi berýär. Şunuň bilen baglylykda, Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynda hem 2026—2027-nji okuw ýyly üçin talyplyga dalaşgär ýaşlary okuwa kabul etmek boýunça resminamalary kabul ediş möwsümi ýokary guramaçylykly alnyp baryldy. Bu möwsüme talabalaýyk taýýarlyk görmek maksady bilen, ýurdumyzyň ähli welaýatlarynda hem-de Aşgabat we Arkadag şäherlerinde dalaşgär ýaşlaryň arasynda giň gerimli wagyz-nesihat we hünär saýlamak boýunça düşündiriş işleri ýaýbaňlandyryldy. Şol bir wagtda, 2026-njy ýylyň 1-nji we 6-njy maýynda institutyň binasynda däbe öwrülen «Açyk gapylar» günleri hem üstünlikli geçirildi. Bu çäreleriň çäklerinde dalaşgärler we mekdep uçurymlary institutyň fakultetleri, kafedralary, innowasion tehnologiýalar bilen enjamlaşdyrylan döwrebap okuw otaglary hem-de sanly bilim ulgamynyň täze mümkinçilikleri bilen ýakyndan tanyşmaga giň mümkinçilik aldylar. Işleriň şeýle ulgamlaýyn guralmagy resminamalary tabşyryş möwsüminiň hem ýokary derejede geçirilmegine ýardam etdi. Resminamalary kabul etmek işleri bellenilen kadalara we düzgünnamalara laýyklykda amala aşyryldy. Diller dünýäsine okuwa girmäge isleg bildirýän dalaşgärler bellenilen tertipde zerur bolan resminamalaryny tabşyrdylar. Bilim ojagyna resminamalaryny hödürlän ýaşlaryň arasynda giň gözýetimli, bilimli, zehinli hem-de daşary ýurt dillerini öwrenmäge uly höwes bildirýän dalaşgärleriň sanynyň köp bolmagy buýsandyryjydyr. Türkmenistanyň daşary syýasatynyň hem-de ikitaraplaýyn dostlukly gatnaşyklaryň barha ösdürilmegi netijesinde, Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň okuw maksatnamasy hem täze mazmun bilen baýlaşdyrylýar. Täze okuw ýylynda hormatly Prezidentimiziň tagallalary netijesinde ýurdumyz bilen Pakistanyň arasyndaky ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmek we medeni-ynsanperwer gatnaşyklary berkitmek maksady bilen, institutda täze urdu dili ugruny açmak baradaky degişli işler üstünlikli amala aşyryldy. Şeýlelikde, häzirki wagtda institutda türkmen dili bilen birlikde jemi 15 sany daşary ýurt dili kämil derejede öwredilýär. Bu bolsa ýaşlarymyza dünýä medeniýetini, ylymlaryny özleşdirmäge hem-de halkara hyzmatdaşlygy kämilleşdirmäge giň ýol açýar. Ýeri gelende bellesek, institutymyzda dünýä dillerini öwrenýän ýaşlarymyz halkara derejesinde geçirilýän bäsleşiklere gatnaşyp, baýrakly orunlara mynasyp bolýarlar. Mahlasy, ýaşlaryň saýlap alan ugurlary boýunça hünärlerini kämilleşdirmäge ähli mümkinçilikler döredildi. Öz ene dilinden başlap, dünýäniň ençeme dillerinde suwara gürleýän ýaşlarymyza buýsanýarys. Dil öwrenmek diňe bir beýleki halkyň gepleşigini däl, eýsem, şol halkyň dünýägaraýşyny, medeniýetini özleşdirmekdir. Hormatly Prezidentimiziň döredýän mümkinçiliklerinden peýdalanýan ýaşlarymyz dünýäniň ençeme dillerini uly höwes bilen öwrenýärler. Olaryň bu babatdaky zehinleri, başarjaňlygy aýratyn bellenmäge mynasypdyr. Resminamalary tabşyryş tapgyrynyň jemlenmegi bilen, häzirki wagtda institutda öňde duran okuwa kabul ediş synaglaryna ykjam taýýarlyk görülýär. Dalaşgärleriň arasyndan iň bilimlilerini, zehinlilerini we daşary ýurt dillerini öwrenmäge höwesjeňlerini saýlap almak üçin synaglaryň adalatly, aç-açan hem-de ýokary guramaçylykly geçirilmegi ugrunda ähli zerur şertler doly üpjün edildi. Institutymyz geljekki dilçi mugallymlary hem-de terjimeçileri okatmaga doly taýýardyr. Ýaş dalaşgärlerimize öňde duran jogapkärli giriş synaglarynda uly üstünlikleri hem-de ak ýol arzuw edýäris. Çeper NAZARGYLYJOWA, Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň öwreniji mugallymy.
Taryhy wakalara buýsanç
Türkmenistanyň syýasy-jemgyýetçilik durmuşynda möhüm waka bolan Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisine taýýarlyk işleri ýurdumyzyň ähli künjeginde alnyp barylýar. Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýurdumyzyň durnukly ösüşini we jemgyýetiň bagtyýar geljegini üpjün etmäge gönükdirilen beýik başlangyçlaryny jemgyýetçiligiň arasynda giňişleýin düşündirmekde bilim ulgamynyň, ýokary okuw mekdepleriniň önümçilik we ylmy kuwwatynyň paýyna aýratyn buýsançly hem-de jogapkärli wezipeler düşýär. Türkmenistanyň Bilim ministrligi tarapyndan tassyklanan degişli meýilnamalara laýyklykda, ýokary okuw mekdepleriniň professor-mugallymlary, syýasaty öwrenijiler we talyp ýaşlar Halk Maslahatynyň taryhy hem-de syýasy-jemgyýetçilik ähmiýetini açyp görkezmäge döredijilikli çemeleşýärler. Halk häkimiýetiniň hem-de milli demokratiýanyň taryhy nusgasy bolup durýan bu ýokary derejedäki umumymilli forum möhüm syýasy wakadyr hem-de halkymyzyň agzybirligini, durnuklylygyny we geljege bolan uly ynamyny özünde jemleýän derwaýys çäredir. Bilim işgärleriniň we ylmy jemgyýetçiligiň gatnaşmagynda geçirilýän wagyz-nesihat, düşündiriş işleri nazary bilimler bilen çäklenmeýär. Bu işler jemgyýetçilik aňyny kämilleşdirmäge, talyplaryň syýasy-raýatlyk jogapkärçiligini ýokarlandyrmaga ýardam berýär. Bellenilen meýilnamanyň çäklerinde awgust we sentýabr aýlarynda ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerinde hem-de köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde birnäçe möhüm ugurlar boýunça wagyz-nesihat maslahatlary guramaçylykly alnyp barylýar. Teleýaýlymlarda, radioýaýlymlarda we metbugatda Halk Maslahatynyň kanunçylyk-hukuk, ykdysady, durmuş, medeni-ynsanperwer, ylym, bilim, saglygy goraýyş, sport, syýahatçylyk we Bitaraplyk, daşary syýasat ugurlary boýunça ýörite «tegelek stoluň» başynda söhbetler, maslahatlar ýazgy edilýär hem-de makalalar çap edilýär. Ýokary okuw mekdeplerinde «Türkmenistanyň Halk Maslahaty — halkymyzyň agzybirliginiň, jebisliginiň, abadançylygynyň kepili», «Türkmenistanyň Halk Maslahaty we türkmen jemgyýetiniň ösüşi» atly temalar boýunça ylmy-seljeriş, okuw maslahatlaryny geçirmek babatda guramaçylyk işleri alnyp barylýar. Şonuň ýaly-da, ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda sowal-jogaply brifing duşuşyklary geçirilip, sosial torlarda hem-de internet sahypalarynda syýasy-jemgyýetçilik ähmiýetli, täsirli çykyşlar we maglumatlar yzygiderli ýerleşdirilýär. Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary instituty hem-de Türkmen döwlet medeniýet instituty bu çäreleriň utgaşdyryjy merkezleri hökmünde çykyş etmek bilen, meýilnamada bellenilen işleriň ýokary guramaçylyk we ylmy-usulyýet derejesinde geçirilmegini üpjün edýärler. Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisine taýýarlyk görmek babatda öňde duran wezipeleriň biri hem ýaşlar hakyndaky aladadyr. «Ýaşlar barada döwlet syýasaty hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň rejelenen görnüşinden ugur alyp, ýaş nesliň bilimli, zähmetsöýer, kämil hünärmenler we watansöýüji raýatlar bolup ýetişmegi üçin toplumlaýyn düşündiriş işleri ýaýbaňlandyryldy. Ýaşlary isleg bildirilýän hünärler bilen tanyşdyrmak, olaryň hünär-tehniki, orta hünär we ýokary hünär biliminiň mümkinçiliklerinden doly peýdalanmagyny üpjün etmek hem-de innowasion taslamalar arkaly olaryň telekeçilik başlangyçlaryny goldamak barada ýörite gepleşikler we düşündiriş çäreleri geçirilýär. Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baý mazmunly eserleri, milli medeni we edebi mirasymyz, behişdi ahalteke bedewleri baradaky gymmatly maglumatlar arkaly ýaşlarda Watana bolan söýgi, milli gymmatlyklara hormat hem-de maşgala edep-terbiýesi kämilleşdirilýär. Sanly tehnologiýalaryň çalt ösýän döwründe ýaşlaryň emeli aňy ýerlikli peýdalanmagy, emeli aňy ulanmagyň etikasy, kiberhowpsuzlyk hem-de maglumat etikasy baradaky düşünjelerini ýokarlandyrmak babatynda ýörite seminarlar we wagyz-nesihat çäreleri guralýar. Ýaşlarda daşky gurşawy goramak, «ýaşyl» ykdysadyýet hem-de tebigy baýlyklary tygşytly peýdalanmak başarnyklaryny ösdürmek bilen bir hatarda, bedenterbiýe, sport we sagdyn durmuş ýörelgelerini berjaý etmek endikleri wagyz edilýär. Bilim ulgamynda taýýarlanan bu toplumlaýyn çäreler we ylmy çemeleşmeler diňe bir döwlet derejesindäki syýasy-jemgyýetçilik ähmiýetli waka işjeň taýýarlygy aňlatman, şol bir wagtda, ýaşlarymyzyň akyl-paýhas, ruhy-ahlak hem-de ylmy-döredijilik kuwwatyny ýurdumyzyň beýik geljegine gönükdirmäge hyzmat edýär. Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisini ýokary ruhubelentlik we zähmet ýeňişleri bilen garşy almak bilim ulgamynyň işgärleriniň we bagtyýar ýaşlarymyzyň mukaddes borjudyr. Sähragül JANMÄMMEDOWA, Türkmen döwlet medeniýet institutynyň ylym bölüminiň başlygy.
Halkyň agzybirligi — asylly ýörelgeleriň rowaçlygy
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda ýurdumyzda mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllygynyň toýy toýlanýar. Şeýle şanly wakalar bilen bir hatarda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisiniň geçirilmegi ildeşlerimizde buýsanç döredýär. Çünki toýlary toýlara ulaşýan ilimizde geňeş etmek, halk bolup maslahatlaşmak agzybirligiň we döwletliligiň ýoly hasaplanylýar. Munuň özi halkymyzyň asylly ýolunyň, milli demokratiýasynyň rowaçlygy bolup dabaralanýar. Halkymyzyň köpasyrlyk taryhyndan gözbaş alýan, il içinde abraýly, sylagly adamlaryň jem bolmagynda geňeş etmek, maslahat geçirmek ýaly asylly däbine eýerilip geçiriljek Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisi il-ýurt bähbidini öňe sürýär. Şu şanly ýylymyz bedew batly ösüşlere baý ýyllaryň biridir. Bu ösüşleri has-da rowaçlandyrmak, halk bähbitli işleri üstünlikli durmuşa geçirmek belent maksadymyz bolup durýar. Hut şu nukdaýnazardan hem, maslahatlaşyp, halkyň isleg-arzuwlaryny, tekliplerini öwrenmek we işleri sazlaşykly alyp gitmek asylly ýörelgeleriň biridir. Şeýle hem bu ýörelge milli demokratiýanyň aýdyň beýanydyr. Türkmen halky beýik ösüşlere beslenýän ajaýyp zamanda ýaşaýar. Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallalary netijesinde milli ykdysadyýetimiz has-da ösdürilýär, belent maksatlar rowaçlanýar. Ýurdumyzda amala aşyrylýan özgertmeler türkmen ykdysadyýetine, medeniýetine, sungatyna, edebiýatyna oňaýly täsir edýär. Türkmen halkynyň toýlary toýlara ulaşýar, baýramlar uly dabaralar bilen bellenilýär. Mälim bolşy ýaly, şu ýylyň 23-nji sentýabrynda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisi ýokary derejede geçiriler. Munuň özi ata-baba gelýän ýörelgelerimizi dabaralandyrar. Çünki Türkmenistanyň Halk Maslahaty asyrlaryň dowamyndan gelýän agzybirligimiziň, milli demokratik ýörelgelerimiziň döwrebap ösdürilmegidir. Taryhda ata-babalarymyz hem il sylagly ýaşululary ýygnap, uly maslahat geçirip, il-ýurt bähbitli meseleleri ara alyp maslahatlaşypdyrlar. Muny gadymdan galan nakyllar, atalar sözleri aýdyň beýan edýär. Muňa mysal edip, «Maslahatly biçilen don gysga bolmaz», «Ýedi ölçäp, bir kes» diýlen nakyllary görkezmek bolar. Bu paýhasly sözler türkmen halkynyň her bir işi maslahatly edýändigini beýan edýär. Ýurdumyzyň syýasy, demokratiýa babatdaky gazanýan üstünlikleri aýratyn bellenmäge mynasypdyr. Halkymyzyň milliligine we halkara oňyn tejribesine daýanýan kämil derejeli, maddy we ruhy medeniýetli ynsanperwer we adalatly jemgyýet döwletliligiň berk binýadydyr. Ýurdumyzyň ösüşlerine goşant goşmak, milli ýörelgelere eýermek, amal edilýän beýik işlere toplumlaýyn we sazlaşykly çemeleşmek, täzeçillik ýaly mukaddes ýörelgeler bu gün türkmen jemgyýetiniň esasyny düzýär. Jemgyýetimiziň ýokary göteriliş derejesi ýurdumyzyň bedew batly ösüşinde, onuň ykdysady we medeni, intellektual baýlyklarynyň artdyrylmagynda, her bir şahsyň hukuklarynyň we azatlyklarynyň üpjün edilmeginde, eşretli we abadan durmuşyň kemala getirilmeginde has-da aýdyň görünýär. Ýurdumyzyň döwlet, jemgyýetçilik durmuşynda amala aşyrylýan hemme çärelerde milli ýörelgelerimiziň esasy orunda bolmagyna aýratyn ähmiýet berilýär. Bu bolsa türkmen jemgyýetiniň ata-babalarymyzyň parasatly wesýetlerine üýtgewsiz ygrarlydygyny, döwürleriň we nesilleriň üznüksiz arabaglanyşygyny şertlendirýär. Milli demokratiýanyň dabaralanýandygyny äleme äşgär edýär. Eziz BATYROW, Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň mugallymy.
«Senetkärler köpdür, ýöne ussatlar azdyr»
Hünär saýlawy ynsanyň durmuş ýolundaky ykbal kesgitleýji pursatdyr. Şoňa görä-de, «Türkmenistanda umumybilim maksatnamalary boýunça okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmegiň 2028-nji ýyla çenli Konsepsiýasyna» laýyklykda, mekdep okuwçylarynyň geljekki hünärini oýlanyşykly saýlap bilmek başarnygynyň emele getirilmegine möhüm ähmiýet berilýär. Şu günler ýurdumyzyň orta mekdeplerini tamamlan uçurymlarynyň hem-de hünär bilimini almaga isleg bildirýän raýatlarynyň ýokary we orta hünär okuw mekdeplerine resminamalaryny tabşyrmak möwsümi dowam edýär. Şundan ugur alyp, türkmen halkynyň şöhratly taryhyna, milli terbiýe ulgamyna ýüzlenenimizde, hünärli bolmagyň, belli bir işiň düýbüni tutup, şol ugurda zähmet çekmegiň iň mertebeli, iň asylly gymmatlyk hökmünde ykrar edilýändigine göz ýetirýäris. Çünki hünär saýlamak islendik adamyň ýaşlyk döwründe öz geljegi üçin berýän iň jogapkärli kararydyr. Irki döwürlerden bäri hünärli bolmak şahsyýetiň ahlak gözelliginiň ölçegi hasaplanypdyr. Emewiler halypasy Mugawyýa öz döwrüniň dana şahsyýetleriniň biri hasaplanan Sagyt ibn Asdan: «Halal, dogruçyl adam nähili bolmaly?» diýip soranda, ol: «Adam kesp-kärli, hünärli we ile göreldeli bolmalydyr» diýip jogap beripdir. Orta asyr Gündogar pelsepesinde-de hünärli bolmak iň uly durmuşy we ruhy baýlyk hökmünde ykrar edilipdir. Beýik akyldar Mahmyt Zamahşarynyň: «Eli hünärli adam baýdyr» diýen jümlesi häzirki zaman ykdysadyýetindäki «adam maýasy» diýen düşünjäniň taryhy esaslaryny özünde jemleýär. Sebäbi horezmli akyldaryň bu pelsepewi garaýşy hünäre ugrukdyrmagyň netijesinde gazanylan anyk bilimleriň, başarnyklaryň we zerur endikleriň adamyň durmuşy üçin iň ygtybarly hem-de durnukly maýa goýumdygyny görkezýär. Bular barada oýlananyňda, Milli Liderimiziň «Ömrümiň manysy» atly kitabyndaky: «Men entek mekdep partasynda otyrka, okuwçylaryň hünär saýlamak meselesine üns berilmeginiň, olaryň belli bir hünäri saýlamagyny gazanmagyň tarapdary» diýen jümleleri hakydaňa dolýar. Ýaşlary hünäre ugrukdyrmak işi diňe bir zerur hünär bilimlerini öwretmek bilen çäklenmeýär. Ol, esasan, şahsyýeti öz saýlan ugrunda geljekde ýokary ussatlyga, kämillige ýetirmegi esasy maksat edinýär. Mahmyt Zamahşarynyň: «Senetkärler köpdür, ýöne ussatlar azdyr» diýen pelsepewi jümlesi bu meselä orta asyrlarda-da örän düýpli çemeleşilendigini äşgär edýär. Akyldaryň bu garaýşy häzirki zaman pedagogikasynyň, şol sanda zähmet bazarynyň milli nusgasyndaky «kämillik», «bäsdeşlige ukyplylyk» ýörelgelerine doly gabat gelýär. Zamahşarynyň pikiriçe, belli bir käriň eýesi bolan hünärmen öz ukybyna we zehinine laýyk gelýän hünärde döredijilikli işläp, öz işiniň hakyky ussady bolup ýetişmelidir. Hormatly Prezidentimiz: «Geljegimiz bolan ýaş nesillerimiz barada hemmetaraplaýyn alada döwlet syýasatymyzda ileri tutulýan wezipeleriň hataryndadyr» diýip belleýär. Şu nukdaýnazardan, ýaşlarymyzyň öz tebigy ukyplaryna we zehinlerine görä hünär saýlamagynyň zerurlygy barada durup geçenimizde, Gündogaryň beýik danasy Mahmyt Zamahşarynyň ömür we ylym ýoly bilen baglanyşykly maglumatlara salgylanmak diýseň gyzyklydyr. Taryhy maglumatlara görä, akyldaryň kakasy Omar ibn Ahmet, ilki bilen, ogluna başlangyç bilimleri özi öwredip, soňra ony Zamahşardaky beýleki alymlaryň ýanyna ugrukdyrypdyr. Şunda pedagogik taýdan ünsi çekiji pursat bar: Omar ibn Ahmediň ata hökmünde oglunyň fiziki aýratynlygyny, saglyk ýagdaýyny göz öňünde tutup, onuň geljekki durmuş şertlerini ykdysady hem-de jemgyýetçilik taýdan dogry meýilleşdirmäge synanyşmagydyr. Çünki ýaş Mahmydyň aýaklarynyň biri şikesli bolup, ol fiziki taýdan agyr işde zähmet çekip bilmejekdi. Şoňa görä-de, kakasy ony tikinçiniň ýanyna şägirtlige bermek meýlini orta atypdyr. Emma geljekki akyldaryň ylym öwrenmäge bolan çäksiz höwesi atanyň hünäre ugrukdyryşyny has netijeli görnüşde üýtgetmegine, ýagny ony Gürgençdäki (häzirki Köneürgençdäki) medreseleriň birine okuwa bermegine getirýär. Bu bolsa milli pedagogikanyň taryhynda daşarky şertler bilen bir hatarda, hünäre ugrukdyrylýan şahsyýetiň içki höwesiniň, ruhy dünýäsiniň esasy şert hökmünde göz öňünde tutulandygyny görkezýär. Bu ýagdaý häzirki zaman pedagogikasyndaky «inklýuziw bilim», «inklýuziw meýilleşdirme» düşünjelerine diýseň golaý gelýär. «Bilim hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň rejelenen görnüşinde hem ýurdumyzda inklýuziw bilim berlişini ýokary derejede ýola goýmak bilen bagly ýagdaýlara aýratyn üns çekilýär. Ýaşlaryň ukybyna görä hünär saýlamagy we hünär etikasyny kemala getirmegi baradaky mesele boýunça Keý Kowsuň meşhur «Kowusnama» eseri gymmatly pedagogik çeşmedir. Akyldar ýaşlaryň tebigy meýillerini anyklamagyň we olary dogry ugra gönükdirmegiň döwlet hem-de jemgyýet üçin ähmiýetini pelsepewi taýdan esaslandyrýar. Keý Kowus islendik hünär öwrenilmezden öň, ilki bilen, şol senede bolan höwesiň we tebigy ukybyň barlygyny anyklamagy maslahat berýär. Ol zehinsiz ýa-da islegsiz öwredilen hünäriň netijesiz boljakdygyny nygtaýar. Eserde lukman, söwdagär, hatdat, binagär ýaly dürli ugurly hünärleriň onlarçasynyň şertleri aýratyn baplarda seljerilýär. Akyldar haýsy kär saýlanyp alynsa-da, şol işiň inçeliklerini doly özleşdirmegi we öz käriňe wepaly bolmagy ündeýär. Ol ýaşlara ýüzlenip: «... hünäriňi kämil öwren, tä kämil bolýançaň, şol hünär bilen meşgullan» diýen ýörelgäni öňe sürýär. Görnüşi ýaly, «Kowusnama» eseri orta asyrlarda hünäre ugrukdyrmak işiniň ýönekeý bir durmuşy zerurlykdan ýokarda durýan, anyk ylmy-pedagogik ulgama hem-de şahsyýeti tanamagyň inçe usullaryna esaslanandygyny açyp görkezýän gollanmadyr. Şahsyýetiň tebigy ukyplarynyň wagtynda duýulmagynda we belli bir hünäre ugrukdyrylmagynda ilkinji mugallymyň, halypaçylyk mekdebiniň orny uludyr. Munuň aýdyň nusgasy hökmünde Abu Reýhan Birunynyň kämil şahsyýet bolup kemala gelmegi ugrunda aýratyn yhlas eden ilkinji mugallymy Ibn Yragyň bitiren hyzmatlaryny görkezmek bolar. Ibn Yrak Gündogar galkynyşy döwründe matematik we astronom hökmünde tanalan, «ikinji Ptolomeý» diýen hormatly adyň eýesi bolan alymdyr. Ol Horezmde hökümdarlyk eden Yrakylar atly dolandyryjy nesilşalykdan bolupdyr. Ibn Yrak heniz çagalyk döwründe Biruna hossar çykypdyr. Deň-duşlaryndan bilesigelijiligi bilen tapawutlanýan Birunynyň ukyp-başarnygyny, zehinini tebigy we takyk bilimleri öwrenmeklige ugrukdyrypdyr. Ibn Yrak geometriýa, trigonometriýa, astronomiýa degişli eserleriniň birnäçesini zehinli şägirdi Birunynyň hormatyna bagyşlapdyr. Halypa öz şägirdiniň beren soraglaryna, meselelerine jogap hökmünde bu eserleri ýazypdyr, şonuň esasynda hem hünär we döredijilik erkinliginiň türkmen taryhyndaky iň kämil mekdebi gurmagy başarypdyr. Hünär saýlamak meselesiniň möhüm ähmiýetine çuňňur düşünen ata-babalarymyz taryhyň ähli döwürlerinde-de ýaş nesilleri hünäre ugrukdyrmagy, zehinli şahsyýetleri ýüze çykarmagy hem-de olary halk bähbitli işlere çekmegi döwletliligiň esasy sütünleriniň biri hökmünde kesgitläpdirler. Taryha nazar aýlasak, Mamunylar, Beýik Seljuklar we Anuşteginler nesilşalyklarynyň hökümdarlygy döwründe ylym-hünär ojaklary, medreseler hem-de akademiýalar döwlet hemaýatkärliginde bolupdyr. Bu ýörelge zehinli ýaşlary ýetişdirmek ugrunyň ulgamlaýyn we döwlet derejeli çäreler esasynda durmuşa geçirilmegine ýardam edipdir. Munuň aýdyň subutnamasyny Mamunylar nesilşalygyndan bolan horezmşalaryň dolandyryş ulgamynda we şol döwürde kemala gelen meşhur ylmy jemgyýetiň — Gürgençdäki «Ylymlar öýüniň» («Mamunyň akademiýasynyň») mysalynda görmek bolýar. Gürgenç şäheriniň «Ylymlar öýi» milli we dini aýratynlyklara garamazdan, alymlary bir ýere jemläp, olaryň ylmy iş bilen meşgullanmagyna howandarlyk eden nusgalyk merkezdir. Görnüşi ýaly, milli terbiýe mekdebiniň ýörelgeleri häzirki zaman ýaşlarynyň hünär saýlamak we özbaşdak durmuş ýoluny kesgitlemek işinde iň ygtybarly ýolgörkezijidir. Diýmek, häzirki wagtda taryhy tejribäni we kämil innowasiýalary utgaşdyryp, ýaşlarymyzy hünär saýlamaga ugrukdyrmak, olary öz hünäriniň hakyky ussatlary edip ýetişdirmek biz — pedagogik işgärleriň mukaddes borjumyzdyr. Çünki döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, ata-babalarymyzyň watansöýüjilik ruhuny, ynsanperwerlige ýugrulan durmuş kadalaryny, zähmet däplerini, milli häsiýetlerini mynasyp dowam etdirip, yhlasly okamak, hünär öwrenmek, halkara bäsleşiklerde uly ýeňişleri gazanyp, Garaşsyz Diýarymyzy şöhratlandyrmak bagtyýar ýaşlarymyzyň baş maksady bolmalydyr. Läle ALLABERDIÝEWA, Hydyr Derýaýew adyndaky Mugallymçylyk mekdebiniň mugallymy.
Milli ýörelgeleriň döwrebap nusgasy
Türkmen halkynyň köpasyrlyk taryhy ýoluna nazar aýlanyňda, onuň asylly sypatlarynyň biri — zenana bolan belent, çäksiz hormat-sarpasy aýdyň görünýär. Zenanlar maşgalanyň daýanjy, öý-ojagyň bezegi hökmünde jemgyýetde aýratyn orny eýeleýär. Olar paýhasy, sabyrlylygy we yhlasly zähmeti bilen jemgyýetimiziň ösüşine möhüm goşant goşýar. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Türkmenistan zenan mertebesini hemmetaraplaýyn gorap saklaýan döwletleriň hatarynda tanalýar. Ýurdumyzda alnyp barylýan işler zenanlaryň durmuş we hukuk taýdan ygtybarly goraglylygyny üpjün edýär. Bilşimiz ýaly, Türkmenistanyň Konstitusiýasyna we halkara hukugyň umumy ykrar edilen kadalaryna laýyklykda, gender deňligini üpjün etmek döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Ýurdumyz gender syýasaty babatda anyk maksatlara gönükdirilen wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirýär. Türkmenistanyň bu ugurdaky başlangyçlary halkara derejesinde, ilkinji nobatda, Birleşen Milletler Guramasynda giň goldaw tapýar. Türkmenistanyň Konstitusiýasyna laýyklykda, ýurdumyzda erkekler we aýallar deň hukuklara, azatlyklara, deň mümkinçiliklere eýedir. Milli kanunçylygymyz erkekleriň we aýallaryň häkimiýet edaralaryna deňagramly gatnaşmagynyň gazanylmagy üçin hukuk gurallaryny we kepilliklerini, aýallaryň ykdysady garaşsyzlygy üçin deň mümkinçilikleriň üpjün edilmegini, işiniň kämilleşdirilmegi, maşgaladaky hukuklaryň we jogapkärçilikleriň deň durmuşa geçirilmegi üçin şertleriň döredilmegini göz öňünde tutýar. Garaşsyz Türkmenistan bu ugurda BMG we onuň edaralary bilen ysnyşykly hyzmatdaşlygy amala aşyrýar. 1996-njy ýylda ýurdumyz Aýallar babatda kemsitmeleriň ähli görnüşlerini ýok etmek hakyndaky Konwensiýa (CEDAW), 2009-njy ýylda bolsa onuň goşmaça teswirnamasyna goşuldy. Türkmenistan şeýle-de zenanlaryň ýagdaýy boýunça IV Bütindünýä maslahatynda kabul edilen Pekin jarnamasyny we Hereketler platformasyny durmuşa geçirmekde göwrümli işleri alyp barýar. Öz işiniň çäklerinde BMG-niň Ilat Gaznasy (UNFPA) Türkmenistana bilermenlik we tehniki goldaw arkaly gender deňliginiň ilerledilmegine, şol sanda seminarlaryň, iş mejlisleriniň guralmagyna ýardam berýär. Şeýle-de milli kanunçylygy kämilleşdirmek maksady bilen, bu ulgamdaky halkara tejribesiniň öwrenilmegini üpjün edýän tanyşdyryş saparlaryny guraýar. Türkmenistanyň Döwlet, hukuk we demokratiýa instituty Türkmenistanyň Adam hukuklary babatda halkara borçnamalarynyň we halkara ynsanperwer hukugynyň ýerine ýetirilmegini üpjün etmek boýunça pudagara topary bilen bilelikde halkara bilermenleriniň birnäçesiniň gatnaşmagynda ençeme seminarlary geçirdi. Türkmenistanda gender çemeleşmesiniň strategiýalara we milli maksatnamalara girizilmegi bilen zenanlaryň mümkinçilikleriniň ösüşi üstünlikli durmuşa geçirilýär. Türkmenistanyň Statistika baradaky döwlet komitetiniň 2022-nji ýylda geçirilen soňky resmi umumy ilat ýazuwynyň netijelerine görä, zenanlar ýurdumyzyň ilatynyň 50-50,2 göterimini düzýär. Olaryň deňhukuklylygynyň üpjün edilmegi, jemgyýetçilik-syýasy durmuşymyzdaky ornunyň pugtalandyrylmagy boýunça giň gerimli işler alnyp barylýar. Türkmenistanyň Konstitusiýasy aýallara erkekler bilen deň derejedäki hukuklaryň berilmegini kepillendirýär. Şeýle hem ýurdumyzda «Aýallaryň we erkekleriň deň hukuklarynyň we deň mümkinçilikleriniň üpjün edilmeginiň döwlet kepillikleri hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň hereket edýändigini hem-de «Türkmenistanda gender deňligi boýunça 2026 — 2030-njy ýyllar üçin Hereketleriň milli meýilnamasynyň» tassyklanylandygyny bellemek bolar. Türkmenistanyň gender syýasaty dünýä bileleşigi we halkara guramalar tarapyndan ýokary ykrara eýe bolýar. Ýurdumyzyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi geňeşiniň Aziýanyň ösüş bankynyň «CAREC» maksatnamasynyň medalyna we degişli güwänamasyna mynasyp bolmagy, döwletimiziň dürli ýyllarda BMG-niň Zenanlaryň ýagdaýy boýunça komissiýasyna hem-de «BMG — Zenanlar» düzüminiň Ýerine ýetiriji geňeşine agzalyga saýlanmagy munuň aýdyň mysallarydyr. Mundan başga-da, parahatçylygy we howpsuzlygy berkitmekde zenanlaryň ornuny artdyrmak maksady bilen döredilen «Merkezi Aziýa ýurtlarynyň zenanlarynyň dialogy» hem-de 2025-nji ýylda geçirilen «Ählumumy parahatçylygy we howpsuzlygy berkitmekde zenanlaryň orny» atly maslahat bu ugurdaky köptaraplaýyn hyzmatdaşlygy täze derejä çykardy. Zenanlar jemgyýetiň abadançylygy, parahatçylygy, ilatyň bagtyýar hem asuda durmuşda ýaşamagy ugrunda amal edilýän işlere yhlasly çemeleşýärler. Şu ýerde ýurdumyzyň sebitiň taryhynda ilkinji bolup Merkezi Aziýa ýurtlarynyň zenanlarynyň dialogyny döretmek başlangyjy bilen çykyş edendigini nygtamak gerek. Bu dialog sebitde durnukly ösüşi üpjün etmek, parahatçylygy we howpsuzlygy berkitmek işinde zenanlaryň eýeleýän ornuny pugtalandyrmaga gönükdirilendir. 2020-nji ýylyň dekabrynda Gazagystan Respublikasynyň, Gyrgyz Respublikasynyň, Täjigistan Respublikasynyň, Türkmenistanyň we Özbegistan Respublikasynyň wekilleri tarapyndan BMG-niň goldamagynda döredilen Zenanlaryň dialogy Merkezi Aziýanyň taryhynda şeýle görnüşdäki ilkinji düzüm bolup, sebitde gender deňligini üpjün etmekde alnyp barylýan işleriň has netijeli bolmagyna uly itergi berýär. Ýeri gelende bellesek, 2022-nji ýylda ýurdumyzyň Zenanlaryň dialogynda başlyklyk etmeginiň çäklerinde bu düzümiň Düzgünnamasy taýýarlanyldy we kabul edildi. BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatynyň çäklerinde «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçirilen zenan ýolbaşçylaryň duşuşygy hem zenanlaryň ählumumy meseleleri çözmekdäki ornuny has-da berkitdi. Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimizde zenanlaryň mertebesini has-da belentde tutýan, olaryň jemgyýetdäki ornuny yzygiderli berkidýän we bu ugurda ähli zerur şertleri döredýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak, tutumly işleri hemişe rowaç bolsun! Ogulbäbek BEGJANOWA, Arkadag şäherindäki 1-nji ýöriteleşdirilen okuw-terbiýeçilik toplumynyň mekdebe çenli bölüminiň mugallymy.
«Pereňde gyratyň owazy geldi»
Türkmen bedewleriniň Fransiýadaky at-owazasy barada söhbet Dessanlardyr eposlaryň, köne ýazgylaryň gatlaryny agdarsaň, «Pereňistan» we «pereňliler» sözleri bilen ýygy-ýygydan ýüzleşersiň. Heniz hepdelik ýa aýlyk menzilleri sähel salymda külterleýän ulag serişdeleri ýok mahalynda-da ata-babalarymyz alys Ýewropadan habarly bolupdyrlar. Pereňli gardaşlaram Hazaryň aňyrsyndaky ýerler bilen ýakyndan gyzyklanypdyrlar, şol ülkelerden gelýän jahankeşdeleriň yzy üzülmändir. Bu ýagdaý XIX asyryň ahyrky çärýegine-de mahsus bolup, şunda fransuz syýahatçylary aýratyn işjeňlik görkezipdirler. Şol döwürler türkmen ülkesinde düýpli özgerişler bolup, ösen Ýewropa medeniýetiniň oňyn gazananlary ornaşdyrylyp başlapdyr. Dünýä inženerçilik ylmynda iňňän wajyp desgalaryň biri hasaplanýan Zakaspi demir ýoly taryh üçin iňňän gysga möhletde, ýagny 1880 — 1888-nji ýyllarda gurlup, häzirki Türkmenbaşy — Samarkant aralygyny birikdiripdir. Bu ýagdaýlar Ýewropa halklaryny hem biperwaý goýmandyr. Demir ýoluň ugry boýunça syýahat etmek ýoň bolupdyr. Onlarça fransuz jahankeşdeleri, alymlary uzak menzilleri söküp, Merkezi Aziýa sebiti bilen tanyşmaga döwtalapdylar. Dünýä edebiýatynyň taryhyna adyny ebedilik ýazan Žýul Werniň 1892-nji ýylda okyjylara ýetiren «Klodius Bombarnak» atly romanynyň gahrymanlary Merkezi Aziýa, şol sanda Aşgabada, Mara syýahat edýär, Amyderýadan geçip, aňyrlygyna gidýär. Fransuz ýazyjysy bu eserini söhbetdeş bolan birnäçe jahankeşdeleriniň gürrüňi esasynda ýazypdyr. Fransuzlar öz ýatlamalarynda, ýolýazgylarynda türkmenleriň durmuşy hakynda köp ýatlapdyrlar. N.Neýiň, A.Butrunyň, kapitan Anžinýonyň, de Rokkanyň, Ž.Leklerkiň, L.Koşaryň, G.Bonwalonyň, E.Bulanženiň we ýene-ýeneleriň işlerinde, P.Nadaryň, Emar de Plýuwineliň fotosuratlarynda halkyň milli gymmatlyklarynyň naýbaşylarynyň hatarynda, ilkinji nobatda, bedewleriň keşbi janlandyrylýar. Gahryman Arkadagymyzyň: «At türkmen üçin ähli zat» diýen jümlesini bu agzalan jahankeşdeleriň eserleri ýene bir ýola tassyklaýar. Tebigatçy alym, syýahatçy Feliks de Rokka, takmynan, 1892 — 1895-nji ýyllar aralygynda biziň ülkämize syýahat edýär. Ol 1894-nji ýylda Parižde neşir edilen kitabynda Aşgabadyň demir ýol menzilinden çykan dessine «ýerli tohumdan bolan ýyndam atlara» gözi düşendigini ýatlaýar. Mary sebitlerinde bolanda de Rokka bu täsin bedewleriň birnäçesini ýörite görkezýärler. Atlaryň owadanlygyna haýran galmak bilen, ol: «Başyny buýsanç bilen göterýän, gysby döşli, aýaklary misli polat ýaly berk bolan bu türkmen atlary nähili wepadar hem asylly!» diýip ýazypdyr. Fransuz syýahatçysy türkmen atlarynyň ýyndam, çalasyn, hüşgär we örän çydamlydygyny, bu babatda olaryň beýleki tohumlardan öňdedigini ýazýar. Türkmenleriň harby sungatynda atlaryň iňňän wajyp orun eýeleýändigi baradaky hakykata de Rokka aýratyn ünsi çekýär. Ol türkmenleriň hem öz wepadar dostlary bolan bedew atlara aýratyn gadyr goýýandyklaryny belleýär. «Atyň üstüni eýeriň aşagynda kemer bilen berkidip, galyň keçe ýa-da haly bilen örtýärler. At eýeleriniň ýyrtyk-ýamak keçeler we könelişen halylar düşelen ak öýlerini ýygy-ýygydan görüp bilersiňiz, ýöne örän gowy ýapynjasyz galdyrylan ata welin, hiç wagt duş gelmersiňiz» diýýän syýahatçynyň bu sözleri türkmen topragyna ondan öň we soň gadam basan beýleki jahankeşdeleriň pikiri bilen sepleşýär. Gahryman Arkadagymyzyň «Ahalteke bedewi — biziň buýsanjymyz we şöhratymyz» atly eserinde mysal getirişi ýaly, wenger syýahatçysy Armeniý Wamberi bu barada: «Olaryň atlara şeýle yhlasly ideg edişlerini, aýazdyr tüp yssydan goraglamak üçin olaryň endamyny ýyly zatlar bilen ýapyşlaryny, öz egin-eşikleri sallam-sajak bolsa-da, atlaryny we at eýerlerini sünnäläp bezeýişlerini synlamak täsindir we geňdir» diýip belläpdir. Bu bolsa türkmenleriň bedewini wepadar dost hasaplap, oňa maşgala agzasy ýaly seredendigini, atlara goýulýan gadyr-gymmatyň iňňän ýokary bolandygyny aýdyň görkezýär. Türkmen illerine syýahat edip, 1888-nji ýylda «Merwe syýahat» atly eserini ýazan inžener Edgar Bulanženiň pikiri hem ildeşi bilen kybapdaşdyr. Ol: «Türkmen özüniň iň uly baýlygy bolan bedewini iňňän eý görýär» diýip belleýär. Atyň hem şol söýgä mynasypdygyny tekrarlap, bu bedewleriň hüý-häsiýetiniň ajaýypdygyny, diýeniňi diňleýändigini, öz eýesine wepaly we çäksiz mertligi bilen göze ilýändigini nygtaýar. Türkmenlerde bahasyz baýlyk hasaplanýan bedewlere gardaş hökmünde seredilip, olaryň özge ülkelere satylmaýandygyna aýratyn ünsi çekýär. Ýazarlaryň ýene-de biri A.Mozer şweýsar diplomaty bolsa-da, kitaplaryny diňe fransuz dilinde ýazypdyr we Parižde neşir etdiripdir. Ol türkmen topragyny gowy öwrenipdir. Öz kitapdyr makalalarynda türkmenleriň seýisçilik sungatyna degişli köp maglumatlary getiripdir. Mozer at bilen onuň çapyksuwarynyň arasyndaky sazlaşykly gatnaşyklara üns berip, bedewe berilýän erkinligi haýran galmak bilen teswirleýär: «Türkmenleriň atlarynyň jylawy juda inçedir, olar gamçydan asyl-ha peýdalananoklar... Türkmen jylawy gowşadyp, atyna doly erkinlik berip atlanýar, bedew bolsa haýran galdyryjy duýgurlyk bilen dag geçitleriniň, geçmesi kyn ýerleriň arasyndan öz gitmeli ugruny özi kesgitleýär». Mozer beýleki pereňli syýahatçylar ýaly türkmeniň atyna goýan gadyr-gymmatyna hem ünsi çekýär: «Eger eýesiniň özi ýyrtyk-ýamalan ýönekeý lybasly gezip ýören bolsa-da, onuň atyna we aýalyna gözüň düşäýse, gurpludygyna göz ýetirersiň: edil aýalynyň gymmatbaha şaý-sepler bilen bezelişi ýaly, atynyň döşi, eýeridir jylawlary hem kümüş şaýlar bilen örtülendir». Görnüşi ýaly, ýyndamlygy, owadan keşbi, gyz gylyklylygy bilen göreni haýrana goýýan behişdi bedewler fransuz jahankeşdelerinde-de uly täsir galdyrypdyr. Olar öz eserleriniň üsti bilen Ýewropa jemgyýetçiligini türkmen halkynyň milli gymmatlygy bilen tanyşdyrypdyrlar. Bu bolsa behişdi bedewlerimiziň şan-şöhratynyň Pereňistanda giňden ýaýylmagyna şert döredipdir. Rüstem HOJAGELDIÝEW, Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň mugallymy.
Bilime yhlasly ýaşlar
Hormatly Prezidentimiziň Ministrler Kabinetiniň 10-njy iýuldaky giňişleýin mejlisinde gol çeken degişli Buýrugy esasynda ýokary okuw mekdebiniň talyby bolmagy maksat edinen ýaşlaryň resminamalaryny 13 — 26-njy iýul aralygynda kabul etmek bellenildi. Häzirki wagtda kabul ediş işleri tamamlaýjy tapgyrda dowam edýär. Bu möhüm möwsüme Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda hem jogapkärçilikli çemeleşilýär. Türkmen diplomatiýasynyň milli mekdebi Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen 2008-nji ýylda döredildi. Şol günden bäri hem bu ýokary diplomatik mekdep halkara giňişlikde ýurdumyzyň bähbitlerini mynasyp gorap, Bitarap döwletimiziň abraýyny belende götermekdäki işlere önjeýli goşant goşmaga ukyply hünärmenleri taýýarlap gelýär. Ine, şu ýyl hem ýaşlaryň köp sanlysy bu bilim ojagyna okuwa girmäge isleg bildirip, resminamalaryny tabşyrdy. Olaryň içinden iň mynasyp dalaşgärler talyplyga kabul ediler. Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutyna kabul ediljek talyplar halkara gatnaşyklary, halkara hukugy, halkara ykdysady gatnaşyklary, halkara žurnalistikasy ugurlaryndan hünärmen we bakalawr maksatnamalary boýunça bilim alarlar. Hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzyň diplomatik işgärleriniň öňünde goýan wezipelerini üstünlikli amala aşyrmakda bu ýokary okuw mekdebiniň alyp barýan işine möhüm orun degişlidir. Galyberse-de, institutda diňe bir hünärmen we bakalawr maksatnamalary boýunça bilim berilmän, eýsem, sanly diplomatiýa, Gündogary öwreniş, seljeriş we strategik meýilleşdiriş, halkara hususy hukugy, halkara jemagat hukugy, halkara arbitraž we işewürlik hukugy, halkara ykdysadyýet, syýasy kommunikasiýa we internet žurnalistikasy ugurlary boýunça magistrler hem taýýarlanylýar. Arkadagly Gahryman Serdarymyz şu ýylyň 8-nji maýynda geçirilen Ministrler Kabinetiniň göçme mejlisinde Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň işini kämilleşdirmek hakynda Karara gol çekdi. Bu resminamada institutyň düzüminde Parahatçylyk we bitaraplyk kafedrasyny döretmek barada beýan edilip, oňa 2026-2027-nji okuw ýylyndan başlap dalaşgärleri kabul etmek bellenilipdi. Bu ugur boýunça magistrantlar iki okuw ýylynyň dowamynda bilim alyp, halkara düşünjelerini artdyrarlar. Kafedranyň maksady daşary syýasaty üstünlikli amala aşyrmaga, Daşary işler ministrligi, beýleki döwlet edaralary üçin ýokary hilli syýasy-seljerme, ylmy-barlag hasabatlaryny taýýarlamaga, parahatçylyk hem-de bitaraplyk ugurlary boýunça halkara gatnaşyklarda ýurdumyzyň milli bähbitlerine wekilçilik etmäge, dürli derejedäki meseleleriň düýp sebäplerini diplomatik ýollar bilen çözmäge gönükdirilendir. — Resminamalar kabul edilip başlanaly bäri institutymyza okuwa girmäge isleg bildirýän dalaşgärleriň yzy üzülenok. Olaryň arasynda döwlet derejesinde geçirilen ders bäsleşikleriniň ýeňijileri, «Parahatçylygyň ýaş çaparlary» atly akyl-paýhas bäsleşigine gatnaşyp, üstünlikli çykyş edenler hem bar. Şeýle-de magistr maksatnamasy boýunça okuwa girmäge isleg bildirýän ýaşlaryň arasynda institutymyzda bakalawr derejesini alan dalaşgärler agdyklyk edýär. Täze döredilen Parahatçylyk we bitaraplyk kafedrasynda-da okamagy maksat edinýän dalaşgärleriň sany ýokary ―— diýip, institutyň mugallymy, resminamalary seçip alyş toparynyň agzasy Mähriban Garaýewa söhbetdeş bolanymyzda aýtdy. Baýnazar BAÝHANOW. «Türkmenistan».
Ýaş hünärmenleri taýýarlamak — döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugry
Häzirki wagtda ýurdumyzyň ýokary we orta hünär okuw mekdeplerine resminamalary kabul etmek işi dowam edýär. 10-njy iýulda geçirilen Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde hormatly Prezidentimiz 2026-njy ýylda Türkmenistanyň ýokary okuw mekdeplerine welaýatlar, Aşgabat we Arkadag şäherleri boýunça okuwa kabul etmegiň meýilnamasyny, şeýle hem orta hünär okuw mekdeplerine okuwa kabul etmegiň meýilnamasyny tassyklamak hakynda Buýruga gol çekdi. Resminama laýyklykda, ýokary we orta hünär okuw mekdeplerine okuwa kabul etmegi 2026-njy ýylyň 13-nji iýuly — 24-nji awgusty aralygynda guramak, okuwa kabul etmek boýunça giriş synaglaryny ýokary we orta hünär okuw mekdepleriniň ýerleşýän ýerinde geçirmek bellenildi. 13-nji iýulda ýurdumyzyň ýokary we orta hünär okuw mekdeplerinde dalaşgärlerden resminamalar kabul edilip başlandy. Şu ýyl ýaşlaryň 18 müňden gowragy ýokary okuw mekdeplerine talyplyga kabul ediler. Ýokary okuw mekdepleriniň birnäçesinde täze hünärleriň girizilmeginiň hasabyna, 2025-nji ýyl bilen deňeşdirilende, 1 müň 239 sany talyp orny artdyryldy. Ýyl-ýyldan bilim edaralarynyň we hünär taýýarlygynyň ugurlarynyň sanynyň köpeldilmegi ýurdumyzyň ykdysady kuwwatynyň aýdyň güwäsidir. Bu bolsa, öz gezeginde, ýokary derejeli ýaş hünärmenleri has köp taýýarlamagy talap edýär. Şeýlelikde, dalaşgärleriň nobatdaky kabul edişligi ýurdumyzda hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ykdysadyýeti diwersifikasiýalaşdyrmak boýunça ulgamlaýyn çäreleri durmuşa geçirmekde nobatdaky ädimdir. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe halk maslahatlarynyň agzalarynyň hünär derejesini ýokarlandyrmak, ýerine ýetiriji häkimiýetiň merkezi we ýerli edaralary, ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralary üçin dünýä ülňüleriniň talaplaryna laýyk gelýän döwlet ýolbaşçylaryny we gullukçylaryny, magistrleri taýýarlamak maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidentiniň Buýruga gol çekendigini bellemek gerek. Resminama laýyklykda, 2026-2027-nji okuw ýylynda Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasyna diňleýjileri kabul etmegiň meýilnamalary tassyklanyldy. Döwlet Baştutanymyz Hökümetiň giňişleýin mejlisinde eden çykyşynda ýokary okuw mekdeplerine zehinli, mynasyp ýaşlary kabul etmegiň, giriş synaglaryny guramaçylykly we adalatly geçirip, olara jemgyýetçilik gözegçiligini ýola goýmagyň möhümdigine ünsi çekdi. Mejlisiň dowamynda hormatly Prezidentimiz şu ýyl Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň, Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň täze binalarynyň ulanmaga beriljekdigini aýtdy hem-de olaryň açylyş dabaralaryna ýokary derejede taýýarlyk görmegi tabşyrdy. Şeýle-de 2026-njy ýylda Türkmenistanyň ýokary we orta hünär okuw mekdeplerine okuwa kabul etmek boýunça döwlet toparynyň düzümi tassyklanyldy. Döwlet toparyna okuwa kabul etmäge guramaçylyk-usulyýet taýdan ýolbaşçylyk etmek we onuň bellenen tertipde geçirilmegini guramak tabşyryldy. Mundan başga-da, welaýatlaryň, Aşgabat, Arkadag şäherleriniň häkimlikleri ýokary we orta hünär okuw mekdeplerine okuwa kabul etmek boýunça iş toparlarynyň talabalaýyk işlemegi üçin zerur şertleri döretmäge borçly edildi. Kabul edilen çözgütler milli bilim ulgamyny döwrebaplaşdyrmak, ýaşlaryň intellektual mümkinçiliklerini hemmetaraplaýyn açmak, hünärmenleriň täze neslini taýýarlamak, zähmet bazarynyň häzirki zaman talaplaryna laýyklykda, ýokary hilli hünär bilimine elýeterliligi giňeltmek maksady bilen durmuşa geçirilýän döwlet syýasatynyň üstünliklere beslenýändiginiň aýdyň beýanydyr. Okuwa kabul etmek möwsümi ilkinji günlerden başlap ýokary işjeňligi bilen tapawutlandy. Bu bolsa türkmen ýaşlarynyň bilimleri özleşdirmäge, hünär ussatlygyna eýe bolmaga höwesini, Watanymyzyň intellektual we ykdysady kuwwatyny artdyrmaga goşantlaryny goşmak islegini görkezýär. Her ýyl bolşy ýaly, bu gezekki möwsümiň öňüsyrasynda hem ýaşlaryň we mekdep uçurymlarynyň arasynda giň gerimli wagyz-nesihat işleri geçirildi. Olar üçin ýörite telegepleşikler taýýarlanyldy, metbugatda ýurdumyzyň ýokary we orta hünär okuw mekdeplerine bagyşlanan makalalar yzygiderli çap edildi, «Açyk gapylar» günleri guraldy. «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasyna», “Türkmenistanda ýokary hünär bilimini ösdürmegiň 2026 — 2052-nji ýyllar üçin Strategiýasyna” laýyklykda, ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerinde milli ykdysadyýetimiziň talaplaryna laýyk gelýän täze hünärleriň we taýýarlyk ugurlarynyň 20-si girizilýär. Şeýle uzak möhletli döwür üçin meýilleşdirilen işler amala aşyrylýan özgertmeleriň durnuklydygyna, yzygiderlidigine we geljege gönükdirilendigine şaýatlyk edýär. 2026-2027-nji okuw ýylynda ýokary okuw mekdeplerinde täze hünärleriň 10-sy açylýar. Hususan-da, Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetinde nebit, gaz känleriniň maşynlary we enjamlary; metrologiýa, standartlaşdyrmak we sertifikatlaşdyrmak ýaly täze hünär ugurlary peýda bolar. Bu ugurlar ýurdumyzyň nebitgaz toplumyny döwrebaplaşdyrmak, senagat howpsuzlygyny üpjün etmek, önümçiligiň hilini ýokarlandyrmak we standartlaşdyrmak ulgamyny kämilleşdirmek bilen gönüden-göni baglanyşyklydyr. Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika institutynda awtomatlaşdyrylan ulgamlaryň maglumat howpsuzlygy hünäriniň girizilmegi sanly platformalaryň howpsuzlygyny üpjün etmek üçin milli hünärmenleri taýýarlamaga gönükdirilendir. Seýitnazar Seýidi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk instituty öz hünär ugurlarynyň sanawyny pedagogika bilimi, maglumat ulgamlary we tehnologiýalary, ekologiýa, psihologiýa, ýöriteleşdirilen bilim ýaly ugurlaryň hasabyna giňelder. Bu bolsa ýurdumyzyň bilim edaralaryny häzirki zaman talaplaryna laýyk gelýän, ýokary hünärli pedagog, psihologik-pedagogik hünärmenler bilen üpjün etmäge mümkinçilik berer. S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetine kabul ediljek dalaşgärler oba hojalyk ekinleriniň genetikasy, seleksiýasy we tohumçylygy; IT-tehnologiýalary peýdalanmak bilen suw gorlarynyň dolandyrylyşy ýaly täze hünär ugurlaryna resminamalaryny tabşyryp bilýärler. Bu bilim maksatnamalary oba hojalyk pudagyny ylmy esasda ösdürmäge, suw serişdelerinden netijeli peýdalanmaga, ýurdumyzyň azyk howpsuzlygyny berkitmäge gönükdirilendir. Bakalawr maksatnamasy boýunça hem täze hünär taýýarlyk ugurlary açylýar. Şolaryň hatarynda pedagogika bilimi, emeli aň we ekspert ulgamlary, mehatronika we robot tehnikasy, sebit dillerini öwrenmek bilen baglanyşykly pedagogiki maksatnamalar bar. Ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleri sanly bilim ulgamyny işjeň ösdürýärler. Olaryň web saýtlarynda ýokary okuw mekdepleri, şol sanda olaryň gurluşy, bilim maksatnamalary, platformalary, fakultetleri hem-de hünärleri, dalaşgärler üçin zerur bolan maglumatlar we beýlekiler barada giňişleýin maglumatlar ýerleşdirilendir. Häzirki zaman jemgyýetinde intellektual zähmetiň abraýynyň barha artýandygyna ýaşlaryň yzygiderli bilim almaga, ylmy işler bilen meşgullanmaga gyzyklanmalary hem güwä geçýär. Türkmenistanyň bilim ulgamy adamyň bilimini, ukybyny, medeniýet we ahlak derejesini ösdürmek üçin ähli şertleri üpjün edýär. Hünärmenleri taýýarlamagyň dünýä tejribesindäki iki basgançakly ulgamyna laýyklykda, ýurdumyzyň bilim ojaklarynda ýokary okuw mekdebinden soňky bilimi almak üçin mümkinçilikler giňeldilýär. Şunuň bilen baglylykda, magistratura maksatnamalary boýunça täze ugurlaryň 6-sy — Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetinde kompýuter ulgamynyň programma üpjünçiligi, maglumat howpsuzlygy, nebitgaz pudagynyň ykdysadyýeti we dolandyrylyşy; S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetinde ösümlikleri goramak we biotehnologiýa; Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynda ýangyç-energetika toplumynyň ykdysadyýeti we dolandyrylyşy; Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda parahatçylyk we bitaraplyk ugurlary açylýar. 8-nji maýda geçirilen Ministrler Kabinetiniň göçme mejlisinde hormatly Prezidentimiziň Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda Parahatçylyk we bitaraplyk kafedrasyny açmak hem-de institutyň işini kämilleşdirmek hakynda Karara gol çekendigini nygtamak gerek. Resminama laýyklykda, täze döredilýän kafedrada 2026-2027-nji okuw ýylyndan başlap magistrler bilim alarlar. Täze hünär ugurlarynyň her biri Watanymyzy ösdürmegiň strategik maksatnamalary bilen berk baglanyşyklydyr. Bu ugurlarda ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamak Türkmenistany ösdürmegiň uzak möhletleýin maksatnamalarynda kesgitlenen wezipeleriň üstünlikli durmuşa geçirilmeginiň möhüm şertidir. Maddy-tehniki binýadyň, okuw we ylmy prosesleriň berkidilmegi bilen bir hatarda, hünärmenleri taýýarlamagyň ugurlarynyň sanawynyň giňeldilmegi ýokary okuw mekdeplerine öz işleriniň ylmy-amaly gerimini giňeltmäge mümkinçilik berýär. Çünki häzirki zaman ýokary okuw mekdebi diňe bir onlarça hünär boýunça ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlaýan merkez bolmak bilen çäklenmän, eýsem, talyplaryň we mugallymlaryň döredijilik ussahanasydyr, ylmy barlaghanasydyr. Olaryň utgaşykly hyzmatdaşlygy halkymyzyň intellektual mümkinçilikleriniň doly peýdalanylmagyna, döwletimiziň we jemgyýetiniň has-da gülläp ösmegine ýardam edýär. Ýakynda dalasgar.bilim.tm onlaýn hyzmatynyň ýola goýlandygyny bellemek gerek. Onda ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerine resminamalary kabul etmegiň barşy baradaky maglumatlar ýerleşdirilýär. Okuwa kabul etmek barada tabşyrylan arzalaryň sany baradaky maglumatlar her gün täzelenilýär. Şeýle hem bu platformada kabul etmegiň tassyklanylan meýilnamalary, ilkinji ýyl talyplar üçin okuw orunlarynyň sany baradaky maglumatlar bilen tanşyp bolar. Ol welaýatlar, Aşgabat hem-de Arkadag şäherleri boýunça maglumatlary seljermäge mümkinçilik berýär. Täze sanly platformanyň okuwa kabul etmek işleriniň has aýan, dalaşgärler üçin amatly bolmagyny üpjün etmegine garaşylýar. Bilim ulgamyny has-da ösdürmek, Türkmenistany durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň maksatnamalaryndan gelip çykýan wezipeleri ýerine ýetirmek, ýurdumyzyň ministrlikleriniň we pudaklaýyn edaralarynyň orta hünär bilimli hünärmenlere bolan isleglerini kanagatlandyrmak maksady bilen, orta hünär okuw mekdeplerinde hem täze hünärler açyldy. Şeýlelikde, S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň Baýramaly agrosenagat orta hünär okuw mekdebinde kärhana enjamlaryny abatlamak we tehniki hyzmat etmek boýunça hünärmenleri taýýarlamak göz öňünde tutulýar. Türkmenistanyň Aragatnaşyk ministrliginiň Politehniki orta hünär okuw mekdebinde bolsa täze hünär — emeli aň we maglumatlary seljermek ugry açylar. Täze ugurlar hormatly Prezidentimiziň sanly ykdysadyýeti ösdürmek, emeli aňy ornaşdyrmak, IT we blokçeýn tehnologiýalary bilen bagly bilim maksatnamalaryny giňeltmek, ýaşlaryň häzirki zaman hünär başarnyklaryny kämilleşdirmek boýunça öňde goýan wezipelerine laýyklykda döredilýär. Şunuň bilen bir hatarda, «Geljegiň hünärleriniň atlasyna» girizilen hünärler boýunça hünärmenleri taýýarlamak işi hem giňeldilýär. Mälim bolşy ýaly, Türkmenistanyň Bilim ministrligi tarapyndan özboluşly gollanma — «Geljegiň hünärleriniň atlasy» neşir edildi. Bu neşir ýaşlar üçin esasy gollanma bolup hyzmat eder. Onuň baş maksady dalaşgärlere, talyplara we ýaş hünärmenlere geljegiň zähmet bazaryny nähili täze tehnologiýalaryň, önümleriň, dolandyryş tejribeleriniň kemala getirjekdigine göz ýetirmäge ýardam bermekden ybaratdyr. Atlasyň çap edilmegi ýurdumyzda ýokary hünär bilimini ösdürmegiň 2052-nji ýyla çenli döwür üçin Strategiýasy bilen göni baglanyşyklydyr. Gollanmada innowasiýalaryň ornaşdyrylmagy netijesinde döwrebap bilimli hünärmenleri talap etjek geljegi uly pudaklar jikme-jik beýan edilýär. Hormatly Prezidentimiziň netijeli halkara hyzmatdaşlygy ösdürmekdäki işjeň tagallalary esasynda her ýyl türkmen ýaşlary hökümetara ylalaşyklar esasynda daşary ýurtlaryň okuw mekdeplerine bilim almaga ugradylýar. Döwlet Baştutanymyz häzirki wagtda türkmen ýaşlaryna ýokary hilli bilim almak we saýlap alan hünärlerini özleşdirmek, şol sanda beýleki ýurtlaryň okuw mekdeplerinde okamak üçin ähli mümkinçilikleriň döredilýändigini yzygiderli nygtaýar. Raýatlarymyzyň özleşdiren döwrebap bilimleri öňdebaryjy tehnologiýalary, innowasiýalary işjeň ornaşdyrmaga gönükdirilen, giň gerimli özgertmeler maksatnamalary amala aşyrylýan milli ykdysadyýetimiziň pudaklarynda amaly taýdan öz beýanyny tapmalydyr. Bilim ulgamynda netijeli hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmak, ýokary okuw mekdepleriniň arasyndaky gatnaşyklary giňeltmek, talyplaryň we mugallymlaryň tejribe alyşmagyny guramak meseleleri hormatly Prezidentimiziň, Gahryman Arkadagymyzyň daşary ýurtlara amala aşyrýan saparlarynyň, ýokary, hökümet we pudaklaýyn derejedäki gepleşikleriň gün tertibine yzygiderli girizilýär. Gazanylan ylalaşyklar bolsa gol çekilýän resminamalar bilen berkidilýär. Okuw işine halkara standartlary ornaşdyrmak bilen, ýurdumyz ynsanperwer ulgamda BMG, Ýewropa Bileleşigi, dünýäniň öňdebaryjy ylym-bilim merkezleri bilen hyzmatdaşlygyny barha pugtalandyrýar. Bu gatnaşyklaryň netijeleri dürli halkara maksatnamalaryň çäklerinde amala aşyrylýan taslamalarda öz beýanyny tapýar. Her ýyl geçirilýän ylmy işler boýunça bäsleşikler, ýaş alymlaryň we talyp ýaşlaryň innowasion taslamalary ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň ylym-bilim kuwwatynyň artdyrylýandygynyň güwäsidir. Şunda hünärmenleri taýýarlamak meselesine üns çekmek bilen, döwlet Baştutanymyz ýaş nesliň ahlak terbiýesiniň ähmiýetini hemişe nygtaýar. Bularyň ählisi bilim özgertmeleriniň köpugurly we ynsanperwer häsiýete eýedigine, türkmen halkynyň ruhy däplerine, bilimi ösdürmegiň halkara talaplaryna, ýokary hil standartlaryna laýyk gelýän açyk ulgamy döretmäge gönükdirilendigine şaýatlyk edýär. Täze we döwrebaplaşdyrylan okuw kitaplary, okuw-usuly gollanmalar neşir edilýär, türkmen dilinde, Birleşen Milletler Guramasynyň esasy dillerinde elektron sözlükler, gollanmalar, mobil goşundylar döredilýär. Ýaşlara halkara güwänamalary almak üçin ýörite taýýarlyk okuwlaryny geçmäge mümkinçilik döredilýär. Munuň özi uçurymlaryň dünýäniň bilim we hünär bazaryndaky ornunyň pugtalandyrylmagyna ýardam edýär. Şeýlelikde, ýokarda getirilen maglumatlar Garaşsyz Watanymyzda ýaşlaryň islendik hünär boýunça bilim almagy üçin giň mümkinçilikleriň bardygyna, orta we ýokary hünär okuw mekdeplerine okuwa girýän talyplaryň sanynyň ýyl-ýyldan artýandygyna, ykdysady ösüşiň ileri tutulýan ugurlaryna laýyklykda, ýokary okuw mekdeplerinde täze hünärleriň açylýandygyna şaýatlyk edýär. Häzirki wagtda milli bilim ulgamyny dünýä derejesine çykarmak boýunça amala aşyrylýan ähli çärelere döwrebap pikirlenýän nesli terbiýelemek nukdaýnazaryndan seredilýär. Bu bolsa Türkmenistanyň iň uly baýlygy, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň belent wezipelerini çözmäge ukyply intellektual kuwwatydyr. (TDH)
С опорой на молодёжь
Независимый, постоянно нейтральный Туркменистан под мудрым руководством Аркадаглы Героя Сердара и Национального Лидера туркменского народа, Председателя Халк Маслахаты Туркменистана Героя-Аркадага уверенно продвигается по пути масштабных преобразований. Халк Маслахаты Туркменистана выступает непоколебимой опорой стабильности общественно-политической жизни, воплощая в себе многовековые традиции подлинного народовластия. На протяжении всей своей истории туркменский народ на важных жизненных этапах, опираясь на авторитет старейшин, к ним обращался за советом. Сегодня Халк Маслахаты объединяет в себе этот традиционный опыт с основами демократического правового государства. Этот институт народовластия создаёт уникальные условия для прямого участия представителей всех регионов и широкой общественности в обсуждении вопросов государственного значения. В фокусе особого внимания Халк Маслахаты неизменно находятся вопросы всестороннего развития молодого поколения. Претворение в жизнь ключевых направлений государственной молодёжной политики – это устойчивый фундамент, на котором строится процветающее будущее Туркменского государства. Законодательные инициативы и программные решения, принимаемые на заседаниях Халк Маслахаты, определяют ключевые векторы социально-экономического развития, такие как: модернизация системы образования и внедрение передовых международно признанных стандартов; развитие инновационной экономики и широкое внедрение цифровых технологий; стимулирование научно-исследовательской деятельности среди молодёжи; воспитание её в духе патриотизма, уважения к национальному наследию и духовно-нравственным ценностям. Очередное заседание Халк Маслахаты Туркменистана, намеченное на 23 сентября 2026 года и приуроченное к празднованию 35-й годовщины священной независимости Отчизны, также станет важным этапов в реализации молодёжной политики. Подготовка к общенародному форуму высшего уровня объединяет усилия государственных институтов, общественных организаций и молодёжи. Молодёжь Туркменистана – это не просто получатель государственных благ, но и ключевой двигатель прогресса. На заседаниях Халк Маслахаты регулярно подчёркивается, что энергия, эрудиция и креативный потенциал юного поколения играют значимую роль в успешной реализации масштабных государственных программ. Сегодня молодые туркменистанцы активно проявляют себя во всех сферах – от задействования в крупных международных научных олимпиадах и спортивных состязаниях до управления технологическими процессами на передовых производствах страны. Участие представителей молодёжи в работе Халк Маслахаты служит мощным стимулом для установления позитивных гражданских позиций, рождая чувство ответственности за судьбу Родины. Закон Туркменистана «О государственной молодёжной политике» в новой редакции, а также стратегические программы развития страны дают подрастающему поколению уверенность в завтрашнем дне. Опора на молодёжь, доверяемый ей созидательный курс и её участие в принятии государственно важных решений через Халк Маслахаты – это гарантия дальнейшего расцвета независимого Туркменистана. Вдохновлённое неустанной заботой Героя-Аркадага и Аркадаглы Героя Сердара, молодое поколение страны с гордостью и осознанной ответственностью вносит свой достойный вклад в процветание нашей любимой Отчизны, уверенно шагающей к новым вершинам прогресса. Хабиб ХАЛМАМЕДОВ, старший преподаватель, декан факультета социально-гуманитарных наук Международного университета гуманитарных наук и развития.
Bedenterbiýe sapaklaryny okatmagyň aýratynlyklary
Bedenterbiýe dersi boýunça guralýan sapaklar milli terbiýäniň aýrylmaz bölegi bolup, ol okuwçylaryň iň bir höwesli gatnaşýan sapaklarynyň biridir. Ýurdumyzyň bilim ojaklarynda okuw maksatnamasy esasynda guralýan bedenterbiýe sapaklary ösüp gelýän ýaş nesliň berk bedenli, gujur-gaýratly bolmaklaryna hem-de hemmetaraplaýyn ösen şahsyýeti kemala getirmäge gönükdirilendir. Bu ders boýunça okuw işiniň nazary düşündiriş we amaly işler arkaly mugallymyň özi tarapyndan görkezilmegi we köpçülikleýin ýerine ýetirilmegi bedenterbiýe sapaklaryny okatmagyň esasy aýratynlygydyr. Bedenterbiýe sapaklaryny okatmagyň ýene-de bir aýratynlygy, bu onuň takyk görkezijiler esasynda arassaçylygyň we howpsuzlygyň talaplarynyň berk berjaý edilmeginde guralmagydyr. Bedenterbiýe sapaklary okuwçylaryň bedeniniň berkemegine, çalasynlyk, çeýelik, çakganlyk, çydamlylyk, güýçlülik häsiýetleriniň terbiýelenmegine ýardam etmelidir. Olara hereket etmek, syrdam we owadan bolmak üçin göwräňi dogry tutmak boýunça ilkinji başarnyklar öwredilmelidir. Bedenterbiýe sapaklarynda çagalaryň howpsuzlyk düzgünlerini we arassaçylyk talaplaryny dogry berjaý etmek endikleri terbiýelenilýär. Okuwçylarda sagdyn durmuş ýörelgelerini kemala getirmekde we durmuşa ugrukdyrmakda bedenterbiýe sapaklarynyň örän uly ähmiýeti bardyr. Bedenterbiýe mugallymynyň her bir synpyň okuwçylarynyň ýaş we psihologik aýratynlygyny göz öňünde tutup, bu sapagy örän oýlanyşykly guramagy möhümdir. Sapaklarda saýlanyp alynýan maşklar we hereketli oýunlar çagalaryň ýaş aýratynlygyna, beden taýýarlyklaryna laýyk gelmegi esasy şertleriň biridir. Mugallymyň bedenterbiýe sapaklary üçin sport ýaryşlarynyň görnüşlerini meýilleşdirende, mekdebiň maddy-tehniki mümkinçiliklerini we ýerli howa şertlerini nazara almagy hem hökmandyr. Bedenterbiýe dersiniň gyzykly we netijeli bolmagy üçin sapakda dürli usullardan hem-de okuw serişdelerinden peýdalanylmalydyr. Her bir sapak guramaçylyk we howpsuzlyk taýdan berk talaplar esasynda guralmalydyr. Bedenterbiýe sapaklarynda okuwçylar sport egin-eşiginde we sport aýakgabynda bolmalydyr. Okuwçylara bilim bermekligiň toparlaýyn amala aşyrylýandygy bedenterbiýe sapaklarynyň ýene bir aýratynlygydyr. Bu bolsa terbiýäniň dürli görnüşlerini we ugurlaryny baglanyşdyryp öwretmäge mümkinçilik berýär hem-de okuwçylaryň oňat okamagyna oňaýly şert döredýär. Okuwçylara topar-topar bolup beden maşklaryny ýerine ýetirdilende ýa-da dürli oýunlar oýnadylanda, olarda birek-birege kömek etmek, dostluk-ýoldaşlyk ýaly duýgular terbiýelenýär. Çagalara beden taýdan dogry hereket etmegi öwretmek we bedenterbiýe boýunça ilkinji bilimleri bermek maşgalada, çagalar bagynda, orta mekdepde we ýörite sport mekdeplerinde yzygiderlilikde amala aşyrylmalydyr. Okuwçylara öwredilýän maşklar dürli mazmunly we olaryň ýaş aýratynlygyna laýyk gelmelidir. Şeýle hem sapak okuwçylaryň umumy taýýarlygyna we sapak geçirilýän ýerde döredilen şertlere görä guralmalydyr. Bedenterbiýe sapaklary okadylanda, aňsatdan çylşyrymla geçmek usuly arkaly terbiýe bermek bilen baglanyşdyrylmalydyr. Okuwçylaryň saglygyny gorap saklamak, ösdürmek we berkitmek esasy wezipeleriň biridir. Sebäbi okuwçylaryň mekdepde okaýan döwri bedeniniň ähli taraplaýyn ösýän döwrüdir. Bu döwürde okuwçylaryň bedenini berkitmek arkaly olaryň daşky gurşawyň täsirine bolan durnuklylygy kemala getirilýär. Bedenterbiýe sapagy okuwçylary dogry hereket endiklerini ösdürmäge, şahsy we umumy gigiýenanyň talaplaryny doly we dogry berjaý etmäge, daşky gurşawyň täsirlerinden dogry netije çykarmaga, sagdyn durmuş endiklerini ele almaga, sportuň dürli görnüşleri boýunça bilimleri we howpsuzlyk tehnikasyny dogry berjaý etmäge, okuw-barlag ölçeglerini ýerine ýetirmäge taýýarlaýar. Amangeldi ATABAÝEW, Akdepe etrabyndaky 2-nji orta mekdebiň mugallymy.
Körpeleri milli ruhda terbiýelemegiň usullary
Ösüp gelýän ýaş nesliň kämil, sagdyn, watansöýüji, giň dünýägaraýyşly, ruhubelent bolup ýetişmekleri üçin ýurdumyzda ähli mümkinçilikler döredilýär. «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda hem ýurdumyzyň bilim ulgamynda ýörite düzülen meýilnamalar esasynda okuw-terbiýeçilik ähmiýetli dürli çäreler guralýar. Bu ugurda mekdebe çenli çagalar edaralarynda hem işleri talabalaýyk ýola goýmakda, sapaklary işjeň usullardan peýdalanyp guramakda birnäçe tagallalar edilýär. Biz hem çagalar bakja-bagymyzyň körpeleriniň bilimli, sowatly, sagdyn, milli ruhda terbiýelenen hakyky watançy nesil bolup kemala gelmegi ugrunda ýyllyk iş meýilnama esasynda okuw-terbiýeçilik işlerini alyp barýarys. Çagalaryň tebigatynda täze maglumaty kabul etmekde eşidip öwrenmekden görüp öwrenmek has täsir ediji, ýatda galyjy hasaplanýar. Şonuň üçin biz sapakda okuw-görkezme esbaplardan ýerlikli peýdalanmaga üns berýäris we olaryň döwrebap, köptaraply bolmagyny gazanmakda birnäçe işleri ýerine ýetirýäris. Terbiýeçi mugallymlara çuň mazmunly okuw-görkezme we paýlaýjy esbaplary taýýarlamakda usuly ýardam bermek bilen birlikde, ol esbaplaryň diňe bir ders üçin däl-de, birnäçe sapaklarda ulanyp bolar ýaly edip taýýarlamagyň ýollaryny öwredýäris. Sapakda diňe elde ýasalan görkezme esbaplardan däl, eýsem, multimedia tagtasyndan peýdalanyp, slaýdlary, wideoşekilleri, prezentasiýalary hem taýýarlaýarys. Bu döwrebap we işjeň usul körpelere täze maglumaty oňat özleşdirmäge ýardam edýär. Şonuň ýaly-da, biz mekdebe çenli çagalar edaralarynyň arasynda okuw-görkezme esbaplary taýýarlamakda geçirilýän döredijilik bäsleşiklerine, el işleriniň sergilerine gatnaşyp, baýrakly orunlara mynasyp bolýarys. Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllygy mynasybetli terbiýeçilerimiz öz elleri bilen sözleýşi ösdürmek dersinde peýdalanmak üçin «Garaşsyz Diýarym», ýönekeý matematika dersi üçin «Sanlar we balyklar», «Hünjüler», sowat öwretmek dersi boýunça «Harplar we sesler», «Men adymy ýazýaryn» atly görkezme esbaplary taýýarladylar. Bilim özgertmeleriniň möhüm talaplaryndan ugur alyp, şu ýyl çagalar bakja-bagymyzda körpeleriň arasynda daşary ýurt dili dersleri boýunça «Kim köp söz bilýär?» atly döredijilik bäsleşigi geçirilip, körpeler Garaşsyz Watanymyzy rus we iňlis dillerinde wasp etdiler. Mekdebe taýýarlaýyş toparynda sözleýşi ösdürmek dersi boýunça guralan görelde sapakda bolsa körpelerimiz «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylymyzyň ady bilen baglanyşdyryp, ata Watanymyza bolan buýsançlaryny ruhubelentlik bilen beýan etdiler. Akbibi ANNAÝEWA, Türkmenbaşy şäherindäki 29-njy çagalar bakja-bagynyň terbiýeçi-usulyýetçisi.
Behişdi bedewlere buýsanç
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ýurdumyzda ähli ugurlarda uly ösüşler gazanylýar. «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylan ýylyň şygary bizi täze zähmet üstünliklerine ruhlandyrýar. Şanly ýylda öňde durýan belent maksatlar ähli pudaklar bilen birlikde, biz — mugallymlaryň öňünde hem möhüm wezipeleri goýýar. «At — myrat», «Atym bar — ganatym bar» diýýän parasatly halkymyz şabaz bedewlerini çeper döredijiligiň dürli görnüşleri arkaly wasp etmegi başarypdyr. Munuň şeýledigine taryhyň şaýatlary bolan dürli döwürlere degişli taryhy-medeni ýadygärliklerden ýüze çykarylýan bedewi wasp edýän arheologik tapyndylar şaýatlyk edýär. Hemişe-de türkmeniň bedewe goýýan hormaty, oňa siňdirýän mähri çäksizdir. Hawa, behişdi bedewlere türkmeniň söýgi-sarpasynyň örän gadymy kökleri asyrlaryň jümmüşine uzaýar. Her halk özüne mahsus gymmatlyklary döredip, asyrlarboýy sünnäläp, ajaýyp sungat derejesine ýetiripdir. Ol gymmatlyklar bolsa, bireýýäm adamzadyň medeni-ruhy gazananlarynyň hataryna geçdi. Şeýle gymmatlyklarymyzyň biri — türkmeniň ahalteke atçylyk sungaty we atlary bezemek däpleri ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň görnükli nusgalarynyň sanawyna goşuldy. Ahalteke bedewleri türkmen halkynyň zehininden hem-de çuňňur yhlasyndan kemala gelip, özüniň berk bedeni, ýyndamlygy, uzak ýörişlerde çydamlylygy, düşbüligi bilen göreni haýrana goýup, Ýer ýüzünde — türkmeniň syrdaşy, wepaly ýoldaşy, toý-tomaşasynyň bezegi, gaýduwsyzlygynyň ýüze çykmasynyň nyşany hasaplanylýar. Özüniň owadanlygy bilen dünýäni haýrana goýýan ajaýyp bedew atlarymyzyň türkmeniň kalby bolup dünýä ýaýramagy parasatly pederlerimiziň mähir-yhlasynyň netijesidir. Halkymyzyň meşhur «Görogly» şadessanynyň baş gahrymany Görogly begiň Beýik Biribardan perzent dilemän, özüne syrdaş at dilemegi türkmen ruhunyň, watançylygynyň nesillere nusgasy bolup, biziň her birimiziň hakydamyzda hemişelik orun aldy. Şadessanda Gyrat Göroglynyň ömürlik ýoldaşy hem-de syrdaşy. Görogly oňa ynsana ýüzlenen ýaly ýüzlenýär. Begenjini, gynanjyny şonuň bilen paýlaşýar. Şadessanda bedewleriň häsiýetleri, hatda haýsy reňkli atyň nämä ukyplydygy dogrusynda hem anyk maglumatlar berilýär. Şadessanda Gyratyň waspy şeýle ýetirilýär: Bedewiň asly behiştden,Berekella, Gyrat, saňa!Nalyň altyndan-kümüşdenBerekella, Gyrat, saňa! Häzirki ajaýyp döwrümizde hem özüniň duýgurlygy, ynsan ýaly syzgyrlygy, wepalylygy, çydamlylygy bilen türkmeniň ýüreginde orun alan bedewleriň tebigy gözelligini, seýkin basyşyny, ýelden ýyndamlygyny wasp etmek üçin sözleriň gowudan gowusy saýlanýar. Munuň şeýledigine Gahryman Arkadagymyzyň bedewler baradaky ýazan kitaplary aňryýany bilen şaýatlyk edýär. Arkadagly Gahryman Serdarymyz ýurdumyzyň atçylyk sungatyny nusgawy derejelere götermek üçin uly işleri durmuşa geçirýär. Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk şanly baýramynyň uludan belleniljek bu ýylynda ähli maksatlara bedew batly gadamlar bilen ýetiljekdigine halkymyzyň ynamy uly. Güljemal ARRYKOWA, Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň uly mugallymy.
Bilimli ýaşlar — kämil hünärmenler
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda nurana geljegimiziň eýeleri boljak bagtyýar ýaşlaryň berk bedenli, aň-bilim taýdan kämil we milli ruhda terbiýelenmegi üçin ähli şertler, giň mümkinçilikler döredilýär. Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallalary netijesinde ylym-bilim ulgamyna döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri hökmünde garalyp, bu ugurda netijeli işler alnyp barylýar, öňdebaryjy tejribeler ornaşdyrylýar, bilim özgertmeleri amala aşyrylýar. Ylym-bilim kämilligiň berk binýady bolup, ýurdumyzda bilimli, ylymly ýaşlary kemala getirmek möhüm wezipeleriň hataryna girýär. Ýokary bilimli, ylymly ýaş hünärmenleri ýetişdirmek ýokary okuw mekdepleriniň paýyna düşýär. Şu nukdaýnazardan, häzirki wagtda ýurdumyzyň ýokary we orta hünär okuw mekdeplerinde talyplyga dalaşgär ýaşlaryň resminamalaryny kabul etmek işleri dowam edýär. Biziň ylym-bilim ojagymyz bolan Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde hem resminamalary kabul etmek işi guramaçylykly alnyp barylýar. Ýokary okuw mekdebimize talyplyga dalaşgär ýaşlar öz saýlap alan ugry we hünäri boýunça tölegli hem tölegsiz esasda bakalawr, hünärmen hem-de magistr maksatnamalary boýunça resminamalaryny tabşyrýarlar. Ýurdumyzda bilim ulgamyny kämilleşdirmek hem-de ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamak babatynda Gahryman Arkadagymyz, Arkadagly Gahryman Serdarymyz tarapyndan döredilen şertlerden we giň mümkinçiliklerden peýdalanyp, uniwersitetimizde hünärleriň 30-dan gowragy boýunça ýokary derejeli hünärmenler taýýarlanylýar. Uniwersitetde resminamalaryň kabul edilýän ýerinde her fakultet, hünär boýunça ýörite ýazgylar esasynda dalaşgärlere degişli maglumat berilýär. Tejribeli mugallymlar tarapyndan dalaşgärler üçin ýörite okuw-maslahat sapaklary geçirilýär. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň başda durmagynda ykdysadyýetiň ähli ugurlary bilen bir hatarda, milli bilim ulgamyny hil taýdan dünýä derejesine çykarmak babatynda gaýragoýulmasyz işler alnyp barylýar. Milli ylym-bilim ulgamynda alnyp barylýan ähli özgertmeler ýurdumyzyň ykdysady ösüşini kesgitleýär. Geljekde nesillerimiziň dünýä derejesinde ýokary bilim almagy, ylmyň, tehnikanyň kämil tehnologiýalaryndan baş alyp çykmagy babatynda döredilýän mümkinçilikler aýratyn bellenmäge mynasypdyr. Dalaşgär ýaşlarymyza talyp bolmak bagtyna eýe bolup, geljekde ýokary derejeli, ylymly, bilimli, giň dünýägaraýyşly, ýurdumyzy ösdürjek kämil şahsyýetler bolmaklaryny arzuw edýäris. Aýnur SOPYÝEWA, Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň mugallymy. Surata düşüren Şirmyrat MAGTYMGULYÝEW.
Halk Maslahaty — asylly ýörelgeleriň rowaçlygy
Halkymyzyň müňýyllyklardan dowam edip gelýän asylly ýörelgeleri bar. Pähimdar pederlerimiz geňeşmek, maslahatlaşmak ýaly ýörelgeleri kämilleşdirip gelipdir. Bu ýörelgeler agzybirligiň, döwletliligiň asylly nusgasy bolupdyr. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallalary netijesinde halkymyzyň asylly ýörelgeleri, milli demokratik ýoly ösdürilýär. Munuň özi ähli ildeşlerimizi buýsandyrýar. Häzirki ajaýyp döwrümizde milli gymmatlyklara, asylly ýörelgelere uly üns berilýär we döwrebap ösdürilýär. Türkmenistanyň Halk Maslahaty hem döwletlilik ýörelgesi bolup, döwletiň we jemgyýetiň demokratik esaslaryny pugtalandyrmakda berk binýat bolup durýar. «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda berkarar ýurdumyz ösüş ýoly bilen öňe barýar. Jemgyýeti işjeňleşdirmek we milli demokratik ýörelgeleri ösdürmek boýunça alnyp barylýan işler halkymyz tarapyndan uly goldawa eýe bolýar. Şeýle hem halk bähbitli işler barha rowaçlanýar, bedew batly ösüşler has-da belent derejelere eýe bolýar. Bu beýik işleri dowamly alyp gitmek, röwşen geljegimizi üpjün etmek esasy ugurlaryň biridir. Şunda halk bilen geňeş etmek, döwletli çözgütleri kabul etmek asylly maksatdyr. Bu milli ýörelgäniň esasynda Halk Maslahatynyň ähmiýeti has-da aýdyň bolýar. Çünki häzirki döwürde döwletli başlangyçlar, halk bähbitli işler ýurdumyzyň belent üstünliklerini rowaçlandyrýar. Ata-babalarymyzyň döwlet gurmakda toplan baý taryhy tejribesine daýanyp, türkmen halkynyň ruhy gymmatlyklaryny öz içine alýan milli döwletliligiň özboluşly nusgasyny kemala getirmek ugrunda ägirt uly işler, ynsanperwer we adalat jemgyýetini gurmak boýunça maksatnamalar durmuşa geçirilýär. Ýurdumyzyň öz ösüşinde täze belentliklere çykmagy bilen şertlendirilen özgertmeleriň ýurdumyzy mundan beýläk-de demokratiýalaşdyrmaga gönükdirilýändigi biziň her birimiz üçin buýsançly ýagdaýdyr. Munuň özi Halk Maslahatynyň milli demokratik ýörelgelerimize esaslanýandygyny aýdyň beýan edýän ugurlardyr. Özi hem bu ugurda bedew batly ösüşlerimizi mundan beýläk hem rowaçlandyrmak bilen baglanyşykly işler alnyp barylýar. Halkymyzyň teklipleri, arzuwlary hasyl bolýar. Bularyň ählisi asylly ýörelge bolup, ildeşlerimizde buýsanç döredýär. Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary bilen Türkmenistanyň täze taryhy eýýamynda döwletiň depginli ösüşini üpjün etmegiň bähbidine amala aşyrylýan özgertmeleriň berk binýady döredilýär. Milli demokratiýanyň ösdürilmeginde Halk Maslahaty aýratyn orun eýeleýär. Taryhy ähmiýetli başlangyçlar hem milli ýörelgeleriň esasynda kemala gelýär. Munuň özi halkyň islegleriniň we arzuwlarynyň hasyl bolmagydyr. Mälim bolşy ýaly, 15-nji iýulda türkmen halkynyň Milli Lideri, Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň nobatdaky mejlisini geçirdi. Gahryman Arkadagymyz Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň mejlisindäki çykyşynda şeýle belledi: «Halkymyzyň agzybirligini, jebisligini, abadançylygyny berkitmäge hem-de Garaşsyz, hemişelik Bitarap döwletimiziň has-da kuwwatlanmagyna ýardam bermek Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň baş maksady we esasy wezipeleri bolup durýar. Şeýle-de ýurdumyzda durmuşa geçirilýän maksatnamalaryň ýerine ýetirilmegine halk köpçüligini giňden çekmek, teklipleri işläp taýýarlamak hemişe üns merkezinde bolmalydyr». Şu parasatly sözlerden görnüşi ýaly, ýurdumyzyň ösüşlerine halk köpçüligini işjeň çekmek, ildeşlerimiziň tekliplerini durmuşa geçirmek asylly ýörelgedir. Şunda döwlet bilen halkyň jebisligini, bir bitewüligini aýdyň görmek bolýar. Köňülleri, ýürekleri birleşip, demokratik, hukuk we dünýewi döwleti guran türkmen halky ösüşiniň täze belentliklerine tarap bedew bady bilen ynamly öňe barýar. Rowaçlyklara beslenýän ýurdumyzda toýdur baýramlar goşa-goşadan gelýär. Ykbaly göterilen türkmen halky şu şanly ýylda mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk toýuny ruhubelentlik bilen belleýär. Häzirki wagtda döwletimiziň Garaşsyzlyk gününiň öň ýanynda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisini ýokary guramaçylyk derejesinde geçirmek üçin taýýarlyk işleri alnyp barylýar. «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynyň möhüm jemgyýetçilik- syýasy wakasy bolan bu ählihalk forumda ýurdumyzyň dürli kärdäki, hünärdäki raýatlarynyň, jemgyýetçiligiň dürli ugurlarynyň wekilleriniň gatnaşmagynda jemgyýetçilik we döwlet durmuşynyň möhüm meseleleri ara alnyp maslahatlaşylar. Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisinde kabul ediljek resminamalar berkarar ýurdumyzyň täze taryhyna ýatdan çykmajak ähmiýetli waka bolup girer. Beýik ösüşlere ýetmegiň ýolunda halkymyzyň mäkäm jebisleşýändigine, türkmen döwletiniň, türkmeniň döwletliliginiň binýadynyň mizemezdigine ýene-de bir aýdyň subutnama bolar. Goý, ýurdumyzy mundan beýläk-de demokratiýalaşdyrmakda, döwleti dolandyrmagyň demokratik ýörelgelerini kämilleşdirmekde, jemgyýetimizi jebisleşdirmekde, türkmen döwletini ösüşiň täze belentliklerine çykarmakda alnyp barylýan işler rowaçlyklara beslensin! Ýurdumyzy beýik ösüşlere besleýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun! Baba MYRATBERDIÝEW, Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň kärdeşler arkalaşygynyň ilkinji guramasynyň başlygy.
Hem gyzykly, hem peýdaly
Şu günlerde ene-atalaryň iň uly islegi — çagalarynyň tomusky dynç alşynyň gyzykly, şadyýan hem-de peýdaly geçmegini gazanmak. «Dana» hojalyk jemgyýetiniň bilim merkezindäki tomusky okuwlar hut şu maksat bilen ýola goýuldy. «Dana» hojalyk jemgyýetiniň adybir bilim merkezine gadam basanyňda, ilkinji nobatda, ýokary hilli guramaçylyk, döwrebaplyk we mähirli gurşaw ünsüňi özüne çekýär. Merkezde çagalaryň bilim we dynç almagy, wagtyny şadyýan geçirmegi üçin ähli amatlyklar döredilipdir. Merkeziň mugallymlary we işgärleri her bir çaga, her bir ene-ata bilen örän mylakatly gürleşýärler, islendik meselede hemişe höwes bilen kömek edýärler. Bu bolsa çagalaryň özlerini edil öýlerindäki ýaly rahat duýmaklaryna ýardam berýär. Bu ýerde çagalar dostlaşýarlar, toparlaýyn işlemegi öwrenýärler. Bilim merkeziniň tomusky okuwyna 6 — 12 ýaş aralygyndaky çagalar kabul edilýär. Merkezde her bir çaganyň ýaşyna we kabul ediş ukybyna aýratyn üns berilýär. Şol sebäpli olar üç topar boýunça okadylýar: kiçi topar 6-7, orta topar 8-9, uly topar 10 — 12 ýaşa çenli bolan çagalar üçin niýetlenilen. Okuwlar irden sagat 09:00-dan 13:00-a çenli we öýlän sagat 14:00-dan 18:00-a çenli alnyp barylýar. Çagalaryň ýaş aýratynlygy boýunça toparlara bölünmegi mugallymlara her çaga bilen has ýakyndan meşgullanmaga we okuwy ýaşyna laýyklykda guramaga mümkinçilik berýär. Merkezde IT, matematika, iňlis we rus dilleri ýaly sapaklary okatmagyň adaty usullarynyň üsti gyzykly oýunlar, toparlaýyn bäsleşikler bilen ýetirilýär. Çagalar hem oýnaýarlar, hem-de kompýuter sowatlylygynyň ilkinji ädimlerini, iňlis, rus dillerini özleşdirýärler, gürleşmegi, ýazmagy, okamagy öwrenýärler. Sapaklaryň dowamynda olaryň çalt pikirlenmek ukybyny, ýatkeşligini ösdürmek üçin gyzykly bäsleşikler geçirilýär. Her hepdäniň şenbe güni çagalar üçin ýörite gezelençler guralýar. Olar küýzegärçilik ussahanasyna baryp, öz elleri bilen toýundan dürli şekilleri ýasamagy öwrenýärler, gadymy we nepis senet bilen tanyşýarlar. Bu tejribe çagalarda döredijilik ukybyny döredýär. Teatrlara baryp, sahna sungatynyň dünýäsine aralaşýarlar. Paýtagtymyzyň gözel künjeklerine syýahat edýärler. Bularyň ählisi ösüp gelýän ýaş nesliň giň dünýägaraýyşly, ukyp-başarnykly, watansöýüji raýatlar bolup ýetişmegi barada edilýän döwlet derejesindäki alada özboluşly goşantdyr. Ogulnur GELDIMYRADOWA, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň halkara žurnalistikasy fakultetiniň talyby.
Elektron kitaphananyň döwrebap hyzmatlary
Arkadagly Gahryman Serdarymyz ýurdumyzyň milli kitaphana ulgamyny mundan beýläk-de ösdürmegiň, onuň işine sanly tehnologiýalary ornaşdyrmagyň möhümdigini, okyjylara döwrebap hyzmat etmekde bitewi elektron kitaphana ulgamynyň hem aýratyn orun eýeleýändigini belleýär. Şunuň bilen baglylykda, kitaphana işini has-da kämilleşdirmek maksady bilen, «Türkmenistanyň kitaphana ulgamyny ösdürmegiň 2025 — 2029-njy ýyllar üçin Döwlet maksatnamasynyň» çäginde elektron kitaphanalaryň gory barha baýlaşdyrylýar. Degişli maksatnamanyň durmuşa geçirilmegi netijesinde, kitaphana işi dünýä ylmynyň gazananlaryna, innowasion ösüşe, milli ýörelgelerimize laýyklykda kämilleşdirilýär. Onda bellenilen çäreleriň durmuşa geçirilmegi kitaphana hyzmatyny guramak işiniň hilini ýokarlandyrmaga we many-mazmunyny baýlaşdyrmaga, ilatyň ylym öwrenmek, bilim almak mümkinçiliklerini artdyrmaga, Türkmenistanyň halkara derejede kitaphana işi babatdaky maksatlaryny ösdürmäge, Garaşsyz ýurdumyzyň durmuş-ykdysady ösüşlerinde medeniýet ulgamynyň ornuny has-da pugtalandyrmaga ýardam berýär. Kitaphanalaryň gaznasynda saklanylýan neşir önümleriniň elektron görnüşi okyjylara elýeterli edilýär. Häzirki wagtda ekitap.gov.tm salgysyndaky elektron kitaphanadan peýdalanýanlaryň sany barha artýar. Ol Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň sanly kitaphana ulgamydyr. Bu ulgam «Okamak — bereket, ýazmak — kuwwat, döretmek döwletdir» diýen paýhasa eýerýän jemgyýetimiziň kitap okamak medeniýetini döwrebaplaşdyrmakda aýratyn ähmiýetlidir. «Kitaphanalar we kitaphana işi hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň 11-nji maddasy «Elektron kitaphanalar» diýlip atlandyrylýar. Onda kesgitlenişi ýaly, şeýle görnüşdäki platforma kitaphana gaznasynyň elektron görnüşidir, okyjylara kitaphananyň ygtyýarynda bar bolan kitaplary bermek üçin tertipleşdirilen elektron resminamalaryň toplumydyr. Ulanyjylar platforma girmek üçin hereket edýän telefon belgisi arkaly hasaba alynýarlar we abuna meýilnamalaryny saýlaýarlar. Sanly gurşawdaky ähli kitaplar, sesli kitaplar, žurnallar we beýleki materiallar awtorlyk hukugy bilen goralýar. Kitaphananyň internet sahypasy «Baş sahypa», «Habarlar», «Kitaphanalar», «Kitaplar», «Okalanlar», «Žurnallar», «Meýilnamalar» ýaly bölümlerden düzülendir. Elektron kitaphanada Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiziň eserleri aýry-aýry bölümlerde ýerleşdirilen. Şeýle-de okyjylar degişli bölümlerden çeper edebiýatlary, sungat, jemgyýetçilik, tebigy ylymlar we tehnika, dil bilimi, edebiýat, lukmançylyk, taryh, sport, maliýe, ykdysadyýet boýunça kitaplary okap bilerler. Platformada «Ylmy neşirler», «Çagalar üçin kitaplar», «Iň köp okalýan kitaplar», «Okuw-usuly kitaplar», «Orta mekdepler üçin kitaplar», «Tebigat barada kitaplar» ýaly bölümçeler hem hereket edýär. Elektron kitaphanada sesli kitaplaryň gory yzygiderli baýlaşdyrylýar. Häzirki wagtda çeper eserleriň ýüzlerçesiniň şu görnüşdäki ýazgylary taýýarlanyldy. Olaryň hatarynda ertekileriň hem bolmagy çagalaryň kitaba söýgüsini artdyrmaga ýardam berýär. Elektron kitaphana okyjylary çekmek maksady bilen, onuň çäginde dürli bäsleşikler hem guralýar. Muňa mysal hökmünde «Türkmen halk ertekileri» kitaby boýunça geçirilen bäsleşigi görkezmek bolar. «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda guralýan şeýle bäsleşiklerdir çärelerde Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň kitaplarynyň many-mazmuny, mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllyk baýramy giňden wagyz edilýär. Gahryman Arkadagymyzyň «Ömrümiň manysynyň dowamaty» atly kitabynyň «Terbiýäniň çeşmesi — kitap» bölüminde ýurdumyzda kitaphon jemgyýeti ösdürmek boýunça gymmatly maslahatlar beýan edilýär. Milli Liderimiziň: «Ýaşlaryň ylma-bilime bolan höwesiniň ýokarlanmagynda kitap okamak ýörelgesine-de möhüm orun degişlidir. Ýaşlarymyz kitaby söýmelidirler. Kitap geljegiňi nurlandyrýan, ýörejek ýollaryňa ýagtylyk saçýan şamçyragdyr. Adamzadyň geljegi kitaby köp okaýanlaryň elinde bolar» diýen sargydyndan ugur alyp, okamaga höwesi artdyrmagy kitaphana işgärleriniň öňünde möhüm wezipe hökmünde kabul edýäris. Çünki kitap ynsany, ynsan bolsa dünýäni özgerdýär. Jeren REJEPOWA, Aşgabat şäher Medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Seýitnazar Seýdi adyndaky kitaphana şahamçasynyň 1-nji derejeli kitaphanaçysy.
По заветам мужественных предков
В нашей любимой Отчизне каждое благое государственное дело решается советуясь с народом. История свидетельствует о том, что на протяжении веков важные жизненные вопросы находили своё мудрое решение путём обсуждений и консультаций с уважаемыми людьми из числа народа. Такие благотворные советы достойно продолжаются и в эру Возрождения новой эпохи могущественного государства. Прямым практическим воплощением этих принципов стало заседание Президиума Халк Маслахаты Туркменистана, прошедшее 15 июля 2026 года под председательством Национального Лидера туркменского народа Председателя Халк Маслахаты Героя-Аркадага. На повестку дня был вынесен широкий спектр вопросов, связанных с подготовкой и проведением на высоком организационном уровне торжеств в честь славного 35-летнего юбилея священной независимости Отчизны. Как подчеркнул в своём выступлении Председатель Халк Маслахаты Туркменистана, совместное обсуждение ключевых задач государственного бытия выступает важнейшей демократической традицией, которая ковалась нашим народом на протяжении тысячелетий. В нынешний исторический период эти исконные принципы истинного народовластия обрели качественно новое наполнение, превратившись в надёжный фундамент поступательного прогресса страны и мощную движущую силу общества при решении приоритетных задач современности. В качестве ключевого вектора деятельности Халк Маслахаты Национальный Лидер туркменского народа Герой-Аркадаг определил широкое вовлечение народных масс в решение вопросов государственного значения, реализацию проводимых в нашей стране реформ и социально-экономических программ. Особое внимание в выступлении было уделено разработке предложений, предоставлению рекомендаций, укреплению единства, целостности, сплочённости, спокойствия и благополучия общества, а также содействию динамичному развитию и дальнейшему укреплению нашего государства на пути великих преобразований. По итогам заседания Президиума Халк Маслахаты принято решение о проведении в преддверии празднования славного юбилея 23 сентября года «Независимый нейтральный Туркменистан – родина целеустремлённых крылатых скакунов» в Ашхабаде очередного заседания Халк Маслахаты Туркменистана. Это масштабное общественно-политическое событие призвано стать ключевым этапом в жизни страны. На высшем народном форуме, опирающемся на многовековой опыт предков в государственном управлении и незыблемые принципы подлинного народовластия, с представителями общественности будут детально обсуждены стратегические задачи государственного значения, подведены итоги пройденного пути, а также определены новые рубежи социально-экономического прогресса исходя из требований времени. В ходе обсуждения темы подготовки к предстоящей знаменательной дате, Национальный Лидер туркменского народа отметил, что принят Закон Туркменистана «Об учреждении юбилейной медали Туркменистана «Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygyna bagyşlanyp geçirilen dabaraly harby ýörişe gatnaşyja». Данный шаг стал очередным свидетельством священной чести и огромного доверия, оказываемого доблестным защитникам Отечества, чьи сердца переполнены искренней гордостью за грандиозные преобразования и успехи, достигаемые суверенной Отчизной в различных сферах. Несомненно, учреждение новой государственной награды вдохновит защитников Отечества на образцовую службу по защите независимости, суверенитета, территориальной целостности и конституционного строя Туркменистана, укреплению обороноспособности и национальной безопасности, обеспечению законности и правопорядка. В день главного праздника любимой Отчизны верные сыны Родины продемонстрируют высочайшую оборонную мощь государства, пройдя по площади перед комплексом Государственной трибуны чеканным, твёрдым шагом. Традиционно из года в год их слаженные и скоординированные действия на суше, в воздухе и на море придают праздничному маршу неповторимую гармонию, особую торжественность и высокий патриотический дух. Военные смотры, уходящие корнями в глубь тысячелетий, испокон веков служат наглядным свидетельством нерушимой боевой мощи родов войск, демонстрируя безупречное владение личного состава военным искусством и передовой техникой. Благодаря реализации комплексных военных реформ под руководством Президента Туркменистана, Верховного Главнокомандующего Вооружёнными Силами страны генерала армии Сердара Бердымухамедова по модернизации Вооружённых Сил и укреплению материально-технической базы нашей Национальной армии, парадные расчёты торжественного военного марша украсят новейшие образцы боевых машин, самолётов и кораблей. Поступление этой современной техники имеет огромное значение для обеспечения высокого уровня боевой готовности, воспитания военнослужащих в духе мужества, честности и верности Отчизне, а также для развития военной науки и подготовки высококлассных специалистов. Систематическое внимание главы государства к служебным и социально-бытовым условиям военнослужащих и членов их семей, близкое знакомство с современной военной техникой, составляющей мощь нашей Национальной армии, а также участие в военных учениях, удваивают гордость защитников Отечества, повышают их стремление искренне служить своей любимой Родине и родному народу. Служба Родине – один из самых почётных и ответственных долгов. Военнослужащие руководствуются патриотическими напутствиями и советами Героя-Аркадага, делая их своим незыблемым жизненным принципом и высоким девизом при исполнении повседневных обязанностей. Сегодня патриотически настроенная молодёжь, берущая пример со своих мужественных предков, преданно служит в рядах военных и правоохранительных органов страны, обеспечивая надёжную защиту суверенитета и территориальной целостности независимого, постоянно нейтрального Туркменистана. Мы, будучи мужественными защитниками Отечества, и впредь не пожалеем сил для широкой пропаганды решений, которые будут приняты на очередном заседании Халк Маслахаты Туркменистана, среди населения и особенно, военнослужащих. Мы внесём свой весомый вклад в реализацию этих масштабных задач и дальнейшее укрепление оборонной мощи нашей Родины. Нурягды АКМАММЕДОВ, заместитель декана факультета гражданской обороны Туркменского государственного архитектурно-строительного института, полковник.
Gökderede galkynýan göwünler
Ýakynda Gökderedäki «Beýik Serdaryň ruhubelent nesilleri» çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezinde «El hünäri — il gezer» diýen at bilen merkezara bäsleşik geçirildi. Ony Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkezi, Bilim ministrligi we Aşgabat şäheriniň Büzmeýin etrap häkimligi bilelikde gurady. Bäsleşige merkezlerde hereket edýän «Milli el işleri», «Ezber eller» we «Ýaş suratçy» gurnaklaryna gatnaýan 8 — 14 ýaşly çagalardan düzülen toparlaryň 14-si gatnaşdy. Bu ýerde çagalar el işlerini ýerine ýetirmek, şekil ýasamak, surat çekmek boýunça bäsleşdiler. Onuň çäginde okuwçy gyzlaryň el işleriniň hem-de Arkadag şäheriniň Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýiniň göçme sergisi guraldy. Şeýle hem dynç alyş pursatlaryndan taýýarlanylan wideoşekiller görkezildi. Biz hem bu ýerde dynç alýan çagalar we olaryň terbiýeçileri bilen söhbetdeş bolduk. Aýjemal TAGANOWA,Kaka etrabyndaky 18-nji orta mekdebiň mugallymy, Gökderedäki «Çeşme» çagalar sagaldyş we dynç alyş merkeziniň uly terbiýeçisi: ― Gökderede işläp ýörenime eýýäm 13 ýyl boldy. Bu ýere dynç almaga gelýän çagalar meni özlerine ýakyn görýärler. Bu meni diýseň begendirýär. Olar bilen gezelenje gitmek, oýun oýnamak, bilýän zatlarymy öwretmek meniň üçin ýakymly. Merkezde çagalaryň gowy dynç almaklary hem-de wagtlaryny şadyýan geçirmekleri üçin ähli şertler döredilen. Bu ýerde döwrebap enjemlar bilen üpjün edilen kompýuter we dynç alyş otaglary, sport zallary, kitaphana, uly we kiçi howuzlar, sport meýdançalary bar. Paýtagtymyzyň gözel künjeklerine, «Älem» medeni-dynç alyş merkezine, Janly tebigatyň milli muzeýine, Arkadag şäheriniň Görogly adyndaky döwlet atçylyk sirkine, «Aşgabat» medeni dynç alyş seýilgähine gezelençler guralýar. Şeýle-de dürli ugurlardan bäsleşikler geçirilýär. Muhammetmyrat AMANOW,Aşgabat şäherindäki 113-nji orta mekdebiň 8-nji synp okuwçysy: ― Bäsleşige şekil ýasamak boýunça gatnaşdym. Reňkli kagyzlary ulanyp, öz ýaşaýan jaýymyzyň şekilini ýasadym. «Ezber eller» gurnagyna gatnap, köp zatlary öwrenýärin. Şeýle hem boş wagtlarym kitap okaýaryn we sport bilen meşgullanýaryn. Indiki tomusky dynç alşymy hem Gökderede geçirmek isleýärin. Ýaşlaryň sowatly, döwrebap ylym-bilimli, edep-terbiýeli bolup ýetişmegi üçin tagallalary edýän Milli Liderimize, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş aýdýaryn! Melike PENAÝEWA,Aşgabat şäherindäki 7-nji orta mekdebiň 7-nji synp okuwçysy: ― Bu günki bäsleşigiň maksady watançylyk, zähmetsöýerlik, ynsanperwerlik ýaly ajaýyp häsiýetleri özünde jemleýän nesilleri terbiýeläp ýetişdirmek, çagalaryň tebigy zehinlerini we başarnyklaryny ýüze çykarmak, milli mirasymyzy ýaş nesilleriň arasynda giňden wagyz etmekden ybarat. Men hem öz ýerine ýetiren el işlerim bilen bäsleşige gatnaşdym. Keşde çekmek meniň iň halaýan güýmenjäm. Mundan başga-da, sportuň woleýbol görnüşi bilen meşgullanýaryn. Bagtyýar nesliň ajaýyp durmuşda ýaşamagy üçin tagallalar edýän hormatly Prezidentimiziň jany sag, ömri uzak bolsun! Ýunus HALMYRADOW,Mary şäherindäki 2-nji orta mekdebiň 4-nji synp okuwçysy: ― Men bäsleşige surat çekmek boýunça gatnaşýaryn. 4 ýyl bäri «Altyn ýyldyz» çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezinde dynç alyp, saglygymy berkidýärin. Bu ýer maňa diýseň ýaraýar. Bu günki bäsleşikde men dürli haýwanlaryň suratyny çekdim. Mekdep döwründe hem surat çekmek boýunça geçirilýän ähli ýaryşlara gatnaşýaryn. Merkezdäki «Ýaş suratçy» gurnagyna gatnaşyp, surat çekmegiň täze usullaryny öwrenip, bilimimi çuňlaşdyrýaryn. Geljekde hem surat mugallymy bolmagy arzuw edýärin. Aýnur ÇARYÝEWA,Türkmenabat şäherindäki 33-nji orta mekdebiň 6-njy synp okuwçysy: ― «El hünäri ― il gezer» atly bäsleşige men hem öz el işlerim bilen gatnaşdym. Gülli jorap örmegi maňa enem öwretdi. Mekdepde iň halaýan dersim hem zähmet dersi. Mundan başga-da, tans etmegi we aýdym aýtmagy halaýaryn. Merkezde özüm ýaly deň-duş gyzlar bilen gurnaga gatnap, dürli el işlerini öwrenýärin. Terbiýeçilerimiz bize diýseň gowy seredýär. Ýaş nesiller hakynda edýän aladalary üçin Arkadagly Gahryman Serdarymyza sagbolsun aýdýaryn! Taýýarlan Mährijemal ÇARYÝEWA, «Watan».
Türkmenistan — Gruziýa: bilim — döwletara gatnaşyklaryň möhüm köprüsi
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda döwletimiziň halkara abraýy barha ýokarlanýar. Hormatly Prezidentimiz bütin adamzadyň ählumumy ýörelgelerine we maksatlaryna esaslanýan daşary syýasaty amala aşyryp, halkara gatnaşyklaryň geografiýasyny giňeldýär, ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn görnüşdäki hyzmatdaşlygyň täze ugurlaryny ösdürýär. Bu strategik syýasat ýurdumyzyň dünýä bileleşigi bilen gatnaşyklarynyň has-da işjeňleşdirilmegini üpjün edýär, ygtybarly hyzmatdaş hökmünde Watanymyzyň abraýyny has-da ýokarlandyrýar. Türkmenistan bilen Gruziýanyň arasyndaky diplomatik gatnaşyklar 1992-nji ýylyň 16-njy iýulynda ýola goýlup, döwletara, hökümetara we pudagara resminamalara laýyklykda ýokary depginler bilen ösdürilýär. 2015-nji ýylda deňhukuklylyk, hoşniýetli goňşuçylyk, özara hormatlamak we birek-biregiň bähbitlerini hasaba almak ýörelgelerine esaslanýan türkmen-gruzin gatnaşyklaryny çuňlaşdyrmak ugrundaky tagallalary, ylmy-tehniki, medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygy berkitmäge ýardam berýän beýik başlangyçlary üçin Gahryman Arkadagymyza Gruziýanyň Milli ylymlar akademiýasynyň hormatly akademigi diýen ylmy at berildi. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň Gruziýa amala aşyran ilkinji döwlet saparynyň dowamynda özara ynanyşmak we düşünişmek ýagdaýynda geçiren ýokary derejedäki duşuşyklary, halkara we sebit syýasatynyň möhüm meseleleri boýunça pikir alyşmalary, dostlukly gatnaşyklary çuňlaşdyrmak hakyndaky teklipleri, Türkmenistan — Azerbaýjan — Gruziýa — Rumyniýa ugry boýunça «Hazar deňzi — Gara deňiz» ulag geçelgesini hem-de Gara deňziň gruzin kenarynda Türkmenistanyň ýük terminalyny döretmek, özara haryt dolanyşygynyň möçberini artdyrmak, maýa goýum işjeňligini höweslendirmek, iki ýurduň işewürler toparlarynyň arasynda gatnaşyklary ýola goýmak, medeni-ynsanperwer gatnaşyklary täze derejelere çykarmak barada öňe süren başlangyçlary, gol çekilen resminamalar toplumy türkmen-gruzin gatnaşyklaryny mundan beýläk-de giňeltmegiň we has-da pugtalandyrmagyň ýolunda möhüm ädime öwrüldi. Türkmenistan we Gruziýa gadymy taryhy, baý medeni mirasy bolan ýurtlardyr. Türki dilli halklaryň ata-babalary bolan skifler we sarmatlar, awarlar, hunlar, eftalylar, hazarlar, oguzlar, gypjaklar Rion we Kura derýalarynyň jülgesinde iberýa we kartweli kowumlary bilen goňşuçylykda ýaşap, Günorta Kawkazyň syýasy-medeni durmuşynda uly yz galdyrypdyr. Gruzin dilçisi S.S.Jikiýanyň türkmen-gürji dil gatnaşyklaryny derňäp, türkmen «...leksiki bölekleri gruzin dilinde halk hojalygynyň maldarçylyk, balyk senagat önümleri, tagamlar ýaly ugurlarynyň manylaryny aňladýar» diýip ýazmagy tötänden däldir. Tiflisde bäş asyra golaý wagtlap musulman häkimligi dowam edipdir. Ol tamamlanandan soň hem gürji dolandyryjylary musulmanlary gysmak syýasatyny ýöretmändirler. Gaýtam, olar musulmanlara ykdysady we dini ýeňillikleri beripdirler. Ibn Haukal gürjüleriň golastynda musulmanlaryň dini erkinligini saklap galandygyny belleýär. Hamdallah Kazwini bolsa: «Kura derýasynyň bir kenarynda azan sesi, beýlekisinde jaňlaryň sesi ýaňlanýardy» diýip ýazypdyr. Munuň özi gürjüleriň we türkmenleriň birek-biregiň wyždan azatlygyna sarpa goýup gatnaşandyklaryndan habar berýär. Seljuklaryň Günbatara tarap göç etmegi bilen, türkmen we gruzin halklarynyň gatnaşyklary has-da ýygjamlaşypdyr. Gürji alymy N.N.Şengeliýa gysga wagtda ägirt uly giňişlikde — Merkezi Aziýadan Palestina çenli aralykda seljuklar tarapyndan döredilen döwletiň Ýakyn Gündogaryň syýasy kartasyny üýtgedendigini, seljuklaryň gürji halkynyň taryhynda uly orun eýeläp, XI — XIII asyrlarda iki döwletiň arasynda ýygjam gatnaşyklaryň bolandygyny belleýär. Gürji çeşmelerinde beýan edilenlerden görnüşi ýaly, seljuk soltanlary öz döwletiniň çägini Kawkazda giňeltmek bilen, bu sebitde parahatçylykly durmuşyň höküm sürmegini dowam etdirmek isläpdirler. Türkmen-gürji gatnaşyklarynyň ýene bir sahypasy meşhur türkmen serkerdesi Jelaleddin Menguberdi bilen baglanyşyklydyr. Soltan Jelaleddin ýanbermezligiň, gaýduwsyzlygyň, watansöýüjiligiň ajaýyp nusgasydyr. Gürji alymy N.N.Şengeliýa Ibn Esiriň «Kämil taryh» eseriniň Beýik Seljuk döwletiniň Kawkaz halklary bilen gatnaşyklaryny aýdyňlaşdyrmakda örän ähmiýetli çeşmedigine üns çekýär. Gruzin ýazyjysy, akademik Grigol Abaşidzäniň «Uzaga çeken tümlük» atly romanynda Jelaleddiniň türkmen halkynyň edermenligini, gaýratlylygyny, mertligini özünde jemleýän ajaýyp şahsyýetdigi nygtalýar. Merkezi Aziýa we Kawkaz sebitleriniň halklarynyň meşhur edebi mirasy bolan «Görogly» eposy türkmen-gruzin gatnaşyklarynyň gadymy döwürlerden gözbaş alyp gaýdýandygyna şaýatlyk edýän gymmatlykdyr. Türkmen, özbek, gazak, gyrgyz, garagalpak, kumyk, uýgur, tatar, azerbaýjan, türk halklary bilen uzak döwürlerde goňşuçylykda ýaşan arap, täjik, gruzin, ermeni, gürji, abhaz, lezgi halklarynyň döredijiliginde bu eser bilen bagly ýordumlar gabat gelýär. Gruziýanyň Milli ylymlar akademiýasynyň K.Kekelidze adyndaky Golýazmalar institutynda bu eseriň golýazma nusgasy saklanýar. 1856-njy ýylda bu eser Tiflisde «Görogly — Gündogaryň çapyksuwar şahyry» ady bilen çap edilýär. Meşhur gündogarşynas N.Ý.Marr ХХ asyryň başynda Gruziýa topragynda «Göroglynyň» kyssa görnüşini ýazyp alýar. Şeýle hem bu eser gruzin alymy L.Çlaidze tarapyndan toplanyp, 1978-nji ýylda Tbiliside neşir edilýär. Sefewi türkmenleriniň döwletiniň ilkinji şasy Ysmaýyl I Sefewi oguzlaryň dülkadyr taýpasyny Gürjüstana göçüripdir. Olaryň bir bölegi gruzinler bilen goňşy ýaşan lezgi taýpalaryna goşulypdyr. Türkmen we gruzin halklarynyň bu köpasyrlyk taryhy-medeni gatnaşyklary häzirki wagtda iki döwletiň arasyndaky häzirki zaman hoşniýetli hyzmatdaşlygy bilen sepleşip gidýär. Türkmenistanyň we Gruziýanyň bu günki ösüşleri ylym hem-de tehnologiýalar, bilim we ýaşlar babatda döredilen gurşaw bilen kesgitlenilýär. Gruziýa bilen bilim ulgamynda alnyp barylýan hyzmatdaşlyk berk hukuk binýadyna eýedir. 1996-njy ýylyň 20-nji martynda Tbiliside Türkmenistanyň Hökümeti bilen Gruziýanyň Hökümetiniň arasynda ýokary bilim babatda hyzmatdaşlyk etmek hakynda Ylalaşyga gol çekildi. 2015-nji ýylyň 2-nji iýulynda bolsa Türkmenistanyň Bilim ministrligi bilen Gruziýanyň Bilim we ylym ministrliginiň arasynda bilim babatda hyzmatdaşlyk etmek hakynda Ähtnama baglaşyldy. Agzalan resminamalara laýyklykda, bilim ulgamynda gatnaşyklar giňden ýaýbaňlandyrylýar. 2020-nji ýylyň 11-nji dekabrynda gol çekilen Ylalaşyga laýyklykda, Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersiteti Tbilisi döwlet lukmançylyk uniwersiteti bilen akademiki we ylmy hyzmatdaşlygy alyp barýar. 2025-nji ýylyň 10-njy oktýabrynda Aşgabatda Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersiteti bilen Suhumi döwlet uniwersitetiniň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekildi. Iki ýurduň ýokary okuw mekdepleri hem-de ylmy-barlag institutlary tarapyndan guralýan halkara ylmy maslahatlara, olimpiadalara, okuwlara, «tegelek stoluň» başynda söhbetdeşliklere ylym we bilim ulgamlarynyň wekilleri uly gyzyklanma bildirip gatnaşýarlar. Hormatly Prezidentimiziň Gruziýa döwlet saparynyň barşynda dostlukly döwletiň bilim, ylym we ýaşlar ministri Giwi Mikanadze bilen geçiren gepleşigimiziň barşynda bilim, ylym we ýaşlar syýasaty ulgamlarynda hyzmatdaşlygy giňeltmegiň geljekki ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdyk. Taraplar iki ýurduň ýokary okuw mekdepleriniň arasynda göni gatnaşyklary ösdürmäge, talyplaryň we mugallymlaryň akademiki hereketini giňeltmäge, bilelikdäki ylmy barlaglary, maslahatlary, hünär kämilleşdiriş okuwlaryny we bilim maksatnamalaryny guramaga meýillidiklerine aýratyn ünsi çekdiler. Saparyň çäklerinde Türkmenistanyň Bilim ministrligi bilen Gruziýanyň Bilim, ylym we ýaşlar ministrliginiň arasynda bilim babatda hyzmatdaşlyk etmek barada özara düşünişmek hakynda Ähtnama; Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersiteti (Türkmenistan) bilen «Iwane Jawahişwili adyndaky Tbilisi döwlet uniwersiteti» jemgyýetçilik hukugyndaky ýuridik şahsynyň (Gruziýa) arasynda hyzmatdaşlyk etmek hakynda Ähtnama; Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersiteti (Türkmenistan) bilen Gruzin tehniki uniwersitetiniň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama; Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk instituty bilen Gruzin tehniki uniwersitetiniň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama; Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary instituty (Türkmenistan) bilen Batumi döwlet deňiz akademiýasynyň (Gruziýa) arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama; Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasy bilen Wano Saradžişwili adyndaky Tbilisi döwlet konserwatoriýasynyň arasynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyk etmek barada özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekildi. Gol çekilen resminamalar hyzmatdaşlygyň şertnama-hukuk binýadyny berkitmäge, ýokary okuw mekdepleriniň arasyndaky gatnaşyklary ösdürmäge, akademiki alyşmalary giňeltmäge, şeýle hem bilelikdäki bilim we ylmy taslamalary durmuşa geçirmäge gönükdirilendir. Gol çekilen resminamalardan hem görnüşi ýaly, bilim ulgamyndaky hyzmatdaşlykda nebit we gaz, energetika, binagärlik we gurluşyk, deňiz ulaglary, logistika, inženerçilik tehnologiýalary, ekologiýa, sanlylaşdyrma, maglumat tehnologiýalary, medeni-ynsanperwer ylymlar ýaly ugurlara aýratyn ähmiýet berilýär. Türkmenistanyň Bilim ministrligi bilen Gruziýanyň Bilim, ylym we ýaşlar ministrliginiň arasynda bilim babatda hyzmatdaşlyk etmek barada özara düşünişmek hakynda Ähtnama laýyklykda, mekdebe çenli çagalar we umumybilim, orta hünär bilimi, ýokary bilim babatda bilelikde okuw maksatnamalary işlenilip düzüler, mugallymlaryň hünär derejesi ýokarlandyrylar, innowasion okuw we öwrenmek usullary, sanly bilim ýaly özara gyzyklanma döredýän meseleler boýunça özara tejribe alşylar. Gruziýanyň we Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleriniň arasyndaky hyzmatdaşlyk has-da işjeňleşdiriler. Okuwçylaryň, mugallymlaryň we bilim işgärleriniň iki ýurtda guralýan olimpiadalara, bäsleşiklere, maslahatlara, seminarlara gatnaşmagy höweslendiriler. Hormatly Prezidentimiziň hem-de Gahryman Arkadagymyzyň janlary sag, ömürleri uzak, mertebeleri hemişe belent bolsun! Dostlukly döwletler bilen bilim babatda halkara hyzmatdaşlygy ösdürmäge ýardam berýän beýik başlangyçlary elmydama üstünliklere beslensin! Jumamyrat GURBANGELDIÝEW, Türkmenistanyň bilim ministri.
Möwsümiň öňdebaryjylary
Golaýda Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň Gökderedäki çagalar dynç alyş we sagaldyş merkezleriniň arasynda yglan eden «Möwsümiň iň işjeň çagalar dynç alyş we sagaldyş merkezi» atly bäsleşiginiň ýeňijilerini sylaglamak dabarasy boldy. Bu hormatly ady «Çynar» çagalar dynç alyş we sagaldyş merkezimiz gazanmagy başardy. Şeýle hem «Demirýolçy», «Nebitçi», «Beýik Serdaryň ruhubelent nesilleri» atly çagalar dynç alyş we sagaldyş merkezleriniň tapawutlananlaryň hataryndadygy bellenildi. Olara Hormat hatlary we sowgatlar dabaraly ýagdaýda gowşuryldy. Ýurdumyzyň bagtyýar balalary üçin tomusky dynç alyş möwsümi dowam edýär. Gökdere jülgesinde ýerleşýän «Çynar» çagalar dynç alyş we sagaldyş merkezimizde möwsümiň dowamynda çagalaryň 500-si dynç aldy. Olaryň arasynda Döwletliler köşgüniň çagalary hem bar. Olar merkezimizde wagtlaryny peýdaly we gyzykly geçirdiler. Munuň üçin çagalar merkezimizdäki birnäçe gurnaklara höwes bilen gatnaşdylar. Olardan gyzlar üçin niýetlenen «Çeper eller» gurnagy, surat, kitaphana, sport oýunlary gurnaklary çagalaryň hyzmatynda boldy. Şunuň bilen bir hatarda, merkezimiziň üçünji gatynda döwrebap tehnologiýalar bilen üpjün edilen oýun otagy, howluda irki maşklary ýerine ýetirmäge niýetlenen trenažor, futbol we woleýbol, basketbol meýdançalary, iki sany suw howzy, açyk howadaky amfiteatr bar. Möwsümiň dowamynda meýilnama esasynda gurnak işleri, gyzykly çäreler yzygiderli geçirildi. Merkezde toparara bäsleşikler hem işjeň guraldy. Şeýle bäsleşiklere çagalar höwes bilen gatnaşdylar. Merkezimiziň çagalary kiçi futbol boýunça merkezara bäsleşikde birinji orna, döredijilik bäsleşiginde birinji orna, «Ýaş halasgär» bäsleşiginde ikinji orna, «Merkeziň durmuşyndan taýýarlanan wideorolikler» bäsleşiginde hem birinji orna mynasyp boldular. Ýurdumyzda çagalaryň şadyýan dynç almaklary, wagtlaryny manyly we gyzykly geçirmekleri üçin uly mümkinçilikler döredilýär. Annasoltan BAÝRAMOWA, Gökderedäki «Çynar» çagalar dynç alyş we sagaldyş merkeziniň uly terbiýeçi mugallymy.
Bilimli ýaşlar geljegimizdir
Ýurdumyzda ylymly-bilimli, ykdysadyýetimiziň dürli pudaklarynda zähmet çekmäge ukyply, döredijilikli işlemegi başarýan, arassa ahlakly, syýasy taýdan sowatly kämil hünärmenleri taýýarlamak şu günki günde öňde durýan esasy meseleleriň biridir. Bu wezipeleri ýerine ýetirmegiň çäklerinde şu günler ýurdumyzyň ýokary we orta hünär okuw mekdeplerinde dalaşgärlerden resminamalar kabul edilýär. Degişli döwlet toparynyň düzümi tassyklanyp, okuwa kabul etmäge guramaçylyk — usulyýet taýdan ýolbaşçylyk etmegiň bellenen düzgüni ýola goýuldy. Halkara senagatçylar we telekeçiler uniwersiteti şu ýyl ilkinji gezek okuwa girmäge isleg bildirýän dalaşgärlerden resminamalary kabul edip başlady. Hormatly Prezidentimiziň durmuş ugurly syýasaty netijesinde ýurdumyzda bilimli, giň gözýetimli, ýokary derejeli hünärmenleri kemala getirmek üçin uniwersitetimizde zähmet bazarynyň isleglerine görä, hünärleriň gerimini giňeltmek maksady bilen 2026 — 2027-nji okuw ýylynda emeli aň we ekspert ulgamlary hem-de mehatronika we robot tehnikasy taýýarlyk ugurlaryny açmak meýilleşdirildi. Halkara senagatçylar we telekeçiler uniwersitetinde hereket edýän we täze açylmagy meýilleşdirilýän taýýarlygyň ugurlary uniwersitetiň ösüş strategiýasyna laýyklykda amala aşyrylyp, telekeçilik ugrunyň hem-de zähmet bazarynyň geljekki isleglerini kanagatlandyrmaga ukyply ýokary bilimli hünärmenleriň sanyny we hilini ylmy taýdan esaslandyrmaga şert döreder. Geljekde emeli aň we ekspert ulgamlary hem-de mehatronika we robot tehnikasy ýaly taýýarlyk ugurlarynda bilim aljak ýaşlar bu ugry dolandyrmakda, işewürligiň talaplaryny öwrenmekde baý tejribe toplarlar. Bu taýýarlyk ugurlarynyň maksady uniwersitetde bilim we ylym bermegiň hilini dünýä ülňülerine laýyk getirmekden, Türkmenistanda häzirki zaman talaplaryna laýyk gelýän hünärleri döretmekden we ösdürmekden, tebigy we takyk ylmy ugurly dersleri okatmagyň mazmunyny baýlaşdyrmakdan we usulyýetini döwrebaplaşdyrmakdan, bu ugurda innowasion usullary we ylmy okuw işlerini giňden ornaşdyrmakdan ybaratdyr. Munuň özi mugallymlaryň döredijilik başarnyklaryny hem-de ussatlygyny has-da ýokarlandyrmaga ýardam berer. Bu ugurlar bilen bagly ylmy-barlag edaralarda zähmet çekjek, iňlis dilinden oňat baş çykarýan we dünýä ülňülerine laýyk gelýän tejribeli taslamaçy, ylmy-barlagçy, guramaçy-terbiýeçi we inžener-tehnologlar taýýarlanylar. Jemal SAPARLYÝEWA, Halkara senagatçylar we telekeçiler uniwersitetiniň mugallymy.
Ylym-bilimde halkara gatnaşyklar
Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda häzirki wagtda milli bilim ulgamy kämilleşdirilip, oňa iň döwrebap sanly ulgamlar, innowasiýalar hem-de halkara tejribeleri işjeň ornaşdyrylýar. Garaşsyz döwletimizde talyp ýaşlaryň döwrebap bilim-terbiýe almagy we olaryň innowasion tehnologiýalardan oňat baş çykarýan, giň gözýetimli hünärmenler bolup ýetişmegi üçin ähli şertler döredilýär. Ýaş nesillere dünýä derejesinde bilim bermek maksady bilen, daşary ýurtlaryň öňdebaryjy ylmy merkezleri bilen halkara gatnaşyklaryny berkitmäge aýratyn üns berilýär. Munuň aýdyň subutnamasy hökmünde, «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň çäginde Türkmenistandaky «Lu Ban ussahanasynyň» açylandygyny hem görkezmek bolar. Bu halkara taslamasynyň durmuşa geçirilmegi türkmen-hytaý dostlukly hyzmatdaşlygynyň taryhynda we ony pugtalandyrmakda täze bir sahypany açdy. Şanly ýylymyzda döredilen täze merkez ýurdumyzyň nebitgaz pudagy üçin ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamakda uly ähmiýete eýedir. Türkmenistanda bilim ulgamyny kämilleşdirmek, ony dünýä ülňülerine laýyk ösdürmek işleri häzirki döwürde üstünlikli amala aşyrylýar. Dünýäde ylmyň we tehnologiýanyň kämilleşmegi jemgyýetiň intellektual baýlygynyň artmagyna oňaýly täsirini ýetirýär. Şu maksat bilen durmuşa geçirilýän «Lu Ban ussahanasy» halkara taslamasy Türkmenistanyň we Hytaý Halk Respublikasynyň arasynda bilim we ylmy hyzmatdaşlygyň möhüm ugurlarynyň biri bolup durýar. Ussahana döwrebap sanly enjamlar hem-de ýöriteleşdirilen barlaghana ulgamlary bilen üpjün edilip, talyplara we mugallymlara innowasion tehnologiýalary özleşdirmäge giň mümkinçilikleri döredýär. Nebitgaz pudagynda sanly tehnologiýalary we bu ugurdaky täze ylymlary öwrenmäge şert döredýän bu merkez hoşniýetli hyzmatdaşymyz bolan Hytaý Halk Respublikasy bilen ylym-bilim gatnaşyklaryny hil taýdan täze derejä çykarýar. Bu halkara taslamasy ýaşlaryň dünýäniň iň kämil tehnologiýalaryndan oňat baş çykarýan hünärmenler bolup kemala gelmegine uly itergi berer. «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynyň 28-nji iýunyndan 7-nji iýulyna çenli Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň mugallymlarynyň Hytaý Halk Respublikasynyň uniwersitetlerinde geçirilen hünär derejesini ýokarlandyryş okuwlaryna gatnaşmaklary bolsa daşary ýurtlaryň öňdebaryjy ylmy merkezleri bilen halkara gatnaşyklaryny berkitmekde uly ähmiýete eýe boldy. Bu okuwlar diňe bir hünär bilimlerini kämilleşdirmek bilen çäklenmän, eýsem, häzirki zaman tehnologiýalaryny öwrenmekde, halkara tejribeleri alyşmakda we täze bilim mümkinçilikleri açmakda möhüm meýdançadyr. Häzirki döwür ylym-bilimiň ösýän, barha kämilleşýän döwrüdir. Hormatly Prezidentimiziň tagallasy netijesinde bu gün bilim ulgamynyň maddy üpjünçiligi has-da ýokary derejä eýe boldy. Okuwlaryň şeýle ýokary derejede guralmagy ýaşlary hünärlere ugrukdyrmakda-da uly ähmiýete eýedir. Häzirki döwürde dünýä ösüşiniň esasy hereketlendiriji güýçleriniň biri sanly tehnologiýalar bolup durýar. Emeli aň, uly maglumatlary seljermek, akylly maglumat ulgamlary we innowasion bilim usullary jemgyýetiň dürli ugurlarynda täze mümkinçilikleri döredýär. Şeýle şertlerde ýokary hünärli hünärmenleri taýýarlamak, mugallymlaryň bilim derejesini yzygiderli ýokarlandyrmak aýratyn ähmiýete eýe bolýar. Hytaý Halk Respublikasynyň uniwersitetlerinde geçirilen hünär derejesini ýokarlandyryş okuwlarynyň dowamynda esasy üns berlen ugurlaryň biri hem emeli aň tehnologiýalary boldy. Gatnaşyjylar emeli aňyň häzirki zaman mümkinçilikleri, wagt hasaplaýyş ulgamlary we akylly maglumat ulgamlary boýunça täze bilimleri özleşdirdiler. Aýratyn hem, Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň mugallymlary hünär derejesini ýokarlandyryş okuwlarynda emeli aň algoritmleriniň önümçilik proseslerinde ulanylyşy, maglumatlaryň awtomatik seljerilişi we çylşyrymly meseleleriň sanly çözgütler arkaly ýerine ýetirilişi barada giňişleýin maglumat aldylar. Bu tehnologiýalaryň nebitgaz pudagynda aýratyn ähmiýeti bardyr. Sebäbi häzirki wagtda önümçilik prosesleriniň netijeliligini ýokarlandyrmak, maglumatlara esaslanan dogry çözgütleri kabul etmek we geljekki ýagdaýlary öňünden çaklamak üçin emeli aň giňden ulanylýar. Häzirki wagtda Garaşsyz Türkmenistan dünýä ýüzünde parahatçylyk söýüjilikli we özara bähbitli hyzmatdaşlyk ýörelgelerine ygrarly döwlet hökmünde ykrar edilip, ýurdumyz halkara gatnaşyklarynda belent sepgitleri nazarlaýar. Eziz Diýarymyzyň halkara abraý-mertebesiniň yzygiderli artmagynyň netijesinde özara bähbitli ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn hoşniýetli gatnaşyklaryň ýola goýulmagy ähli ugurlarda, aýratyn-da, ylym-bilim ulgamynda öňdebaryjy tejribeleri öwrenmäge giň ýol açýar. Maral GELDIÝEWA, Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň uly mugallymy.
Осваивая новые методы
В настоящее время в Туркменском национальном институте мировых языков имени Довлетмаммета Азади ведётся целенаправленная работа по развитию академических и культурных связей с ведущими высшими учебными заведениями зарубежных стран. В рамках столь широких возможностей, создаваемых для получения образования мирового уровня, совершенствования языковых и профессиональных навыков, студенты института принимают активное участие в международных программах стажировок. Благодаря этому партнёрству, в соответствии с Соглашением об академическом и культурном сотрудничестве с факультетом педагогических наук (Философия III) Галле-Виттенбергского университета имени Мартина Лютера (Федеративная Республика Германия), на высоком организационном уровне прошло обучение по очередной международной учебно-практической программе. На основе двустороннего соглашения пятнадцать наиболее активных и талантливых студентов специальности «немецкий язык» факультета европейских языков и литературы получили возможность усовершенствовать свои знания и практические навыки в ходе профессиональной стажировки в университете имени Мартина Лютера, расположенном в городе Галле. Основная цель организованной учебно-практической программы заключалась в развитии у студентов практических навыков владения немецким языком и педагогических компетенций. В период обучения студенты прошли интенсивную речевую практику. Это открыло перед ними широкие перспективы для ознакомления с современными лингвистическими методами и освоения новых практик в системе образования. Наряду с этим взаимные и согласованные возможности сторон в образовательной сфере придали мощный импульс проведению совместных научных исследований в будущем, организации обмена опытом профессорско-преподавательского состава, а также выведению академической мобильности студентов на ещё более высокий уровень. Данная программа стажировки, организованная на международном уровне, имела важное значение для использования передового научно-педагогического опыта профессорско-преподавательским составом и студентами института, реализации современных образовательных возможностей, а также для дальнейшего укрепления дружественных, культурно-гуманитарных отношений между туркменским и немецким народами. Дженнет ПЕРМАНОВА, преподаватель Туркменского национального института мировых языков имени Довлетмаммета Азади.
Прозрачность, объективность, высокая организация
Под мудрым руководством уважаемого Президента Сердара Бердымухамедова в Туркменистане успешно и последовательно реализуется государственная молодёжная политика, ключевым вектором которой выступает формирование высокообразованного, эрудированного, духовно богатого и патриотичного поколения. Свидетельством неослабного внимания государства к будущему молодёжи стал очередной старт масштабной приёмной кампании в высшие и средние профессиональные учебные заведения страны на 2026 год, которая продлится с 13 июля по 24 августа. Данный процесс знаменует собой важнейший этап в формировании интеллектуального потенциала государства, предоставляя тысячам молодых туркменистанцев реальную возможность применить свои знания и таланты на благо процветания Родины. Правовой основой для нынешней вступительной кампании стало Распоряжение Президента Сердара Бердымухамедова, подписанное в ходе расширенного заседания Кабинета Министров 10 июля текущего года, которым были утверждены соответствующие планы приёма на учёбу. Полный и детальный Порядок приёма в вузы и профшколы, включающий исчерпывающий перечень специальностей, направлений подготовки, необходимых документов, а также точные сроки их подачи и графики проведения экзаменов, был официально опубликован 11 июля в центральных печатных изданиях. Это обеспечило широкую информационную доступность и прозрачность всех процедур для абитуриентов из всех уголков нашей страны. С целью обеспечения чёткого организационно-методического руководства и строгого контроля за ходом приёмной кампании создана Государственная комиссия, состав которой утверждён непосредственно Распоряжением главы государства. В рамках скоординированной работы хякимликам велаятов, городов Ашхабад и Аркадаг даны конкретные поручения по созданию всех необходимых условий для бесперебойного функционирования местных рабочих комиссий. Весь процесс организован в два последовательных этапа: первоначально осуществляется приём документов от абитуриентов, после чего непосредственно на местах расположения учебных заведений пройдут вступительные экзамены. Особый акцент Президент Сердар Бердымухамедов сделал на необходимости строгого соблюдения принципов справедливости, объективности и прозрачности. Глава государства подчеркнул, что студенческие билеты должны получить наиболее достойные, эрудированные и целеустремлённые представители молодого поколения, а сами экзамены призваны пройти на высоком организационном уровне и под бдительным контролем общественности. Параллельно с ходом экзаменационной кампании в стране развёрнута комплексная подготовка к новому учебному году, включающая своевременный ремонт и модернизацию существующих образовательных учреждений. Важнейшим событием грядущего праздника первого сентября станет ввод в эксплуатацию современных зданий Туркменского государственного архитектурно-строительного института и Туркменского государственного педагогического института имени Сейитназара Сейди. Подготовка к торжественным церемониям открытия этих объектов находится на особом контроле, что ещё раз подтверждает: модернизация национальной системы образования и создание условий мирового уровня для туркменской молодёжи остаются незыблемым приоритетом государственной политики. Ярким примером инновационного подхода к модернизации высшей школы стало введение в магистратуру Института международных отношений МИД Туркменистана новой специализации «Мир и нейтралитет». Данная инициатива призвана существенно укрепить кадровый потенциал национальной дипломатической службы, обеспечив незыблемую преемственность внешнеполитического курса Отчизны, основанного на нерушимых принципах позитивного нейтралитета, миролюбия и добрососедства. Текущая приёмная кампания, проходящая в году «Независимый нейтральный Туркменистан – родина целеустремлённых крылатых скакунов», отличается образцовым уровнем организации. В высших учебных заведениях страны для абитуриентов созданы оптимальные условия: заблаговременно подготовлена необходимая документация, надлежащим образом оборудованы помещения и установлены информационные стенды, наглядно знакомящие молодёжь со спецификой направлений подготовки. Высокая активность абитуриентов, фиксируемая с первых дней приёма документов, наглядно свидетельствует об искреннем стремлении молодого поколения к знаниям. Эффективным подспорьем в этом процессе выступают регулярно проводимые в вузах Дни открытых дверей и широкое информационное сопровождение кампании в СМИ, помогающие юношам и девушкам сделать осознанный выбор профессии, которая послужит дальнейшему росту экономического и интеллектуального могущества государства. Сегодня молодёжь Туркменистана, окружённая всеобъемлющей отеческой заботой главы государства, с огромным воодушевлением смотрит в будущее. Молодые туркменистанцы стремятся делом оправдать высокое доверие, оказываемое им Национальным Лидером туркменского народа Героем-Аркадагом и уважаемым Президентом Аркадаглы Героем Сердаром, чтобы стать достойными продолжателями великих свершений предков. Стартовавшая приёмная кампания в высшие и средние профессиональные учебные заведения страны на 2026-2027 учебный год не просто открывает перед молодым поколением широкие горизонты для самореализации, но и выступает стратегически важным этапом в выполнении комплексных задач по дальнейшему инновационному развитию системы отечественного образования и укреплению интеллектуального фундамента общества. Гозел ДЖАПБАРОВА, «НТ».
Tejribelikler guramaçylykly geçirildi
Ýurdumyzda talyp ýaşlaryň hünär ussatlygyny kämilleşdirmeklerine, nazary okuwlarda alan bilimlerini önümçilikde berkitmeklerine giň mümkinçilikler döredilýär. Beýleki ýokary okuw mekdeplerinde bolşy ýaly, S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň talyplary hem 2025-2026-njy okuw ýylynyň II ýarymýyllygynyň okuw we önümçilik tejribeliklerini üstünlikli geçdiler. Tejribelikler Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň önümçilik-hünär öwreniş tejribeligi hakynda düzgünnama laýyklykda guraldy. «Türkmenistanda ýokary hünär bilimini ösdürmegiň 2026 — 2052-nji ýyllar üçin Strategiýasynda» önümçilik kärhanalarynda talyplaryň hünär öwreniş tejribeliklerini netijeli guramak, taýýarlanýan hünärmenleriň hünär derejesini döwrüň zähmet bazarynyň talaplaryna laýyk getirmek boýunça möhüm wezipeler kesgitlenendir. Ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamaga iş berijileri giňden çekmek ugrundaky işleriň çäginde geljekde amaly endikleri alandygyny tassyklaýan şahadatnamalary bermek ulgamyny girizmek bilen, önümçilik kärhanalarynda we guramalarynda okuw sapaklaryny, önümçilik tejribelerini netijeli guramagyň tertibini kämilleşdirmek göz öňünde tutulýar. S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň talyplarynyň tejribelikleri ýokary okuw mekdebinde, şeýle hem degişli ministrlikleriň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, olaryň tabynlygyndaky kärhanalaryň, guramalaryň we edaralaryň binýadynda geçirildi. Milli Liderimiziň şägirt ýetişdirmegiň mertebäni bir basgançak beýgeldýändigi, tejribe alyşmagyň kämilleşmegiň şertidigi hakynda sargytlaryndan ugur alnyp, tejribeliklerde halypa-şägirtlik ýoly ýöredildi, talyplara ýokary taýýarlykly halypalar berkidildi. Okuw meýilnamasyna laýyklykda gözükdiriş-usuly sapaklar, zähmeti goramak we tehniki howpsuzlyk boýunça hökmany okuwlar geçildi. Netijede, talyplar nazary we amaly sapaklarda alan bilimlerini tejribelik geçýän ýerlerinde kärhananyň, guramanyň we edaranyň zähmet, dolandyryş iş usullaryny çuňňur öwrenmegiň esasynda berkidip, öňdebaryjy usullary we tejribeleri öwrenmek bilen, hünär endiklerini ele aldylar. Uniwersitetiň peýdaly entomofaglar köpeldilýän tejribehanasynda ösümlikleri goramak hünäriniň talyplary entomofaglaryň dürli görnüşlerini, şol sanda altyngözlüjäni, gabrobrakony we trihogrammany köpeltmegiň usullaryny we kämilleşdirmegiň ylmy esaslaryny öwrenýärler. Talyplar bu tejribehanada professor-mugallymlaryň ýolbaşçylygynda birnäçe ylmy barlag işlerini alyp barýarlar. Olar zyýankeşlere garşy göreşiň biologik usulyny alyp barmaga işjeň gatnaşyp, ýetişdiren altyngözlüjelerini gowaça meýdanlaryna goýberdiler. 19-njy iýun — 6-njy iýul aralygynda Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň 3 mugallymyndan we 20 talybyndan ybarat wekiliýeti Özbegistan Respublikasynyň «Daşkent irrigasiýa we oba hojalygynyň mehanizasiýasy instituty» Milli barlag uniwersitetinde tejribelik geçdiler. Türkmen talyplary ählumumy howanyň üýtgemeginiň oba hojalyk ýerleriniň melioratiw ýagdaýyna täsiri, ekinleri suwaryş kadasynyň döwrebap hasaplamalary, suw tygşytlaýjy tehnologiýalar, geomaglumat ulgamlary, ýere uzak aralykdan gözegçilik etmegiň innowasion usullary hakynda umumy okuwlara gatnaşdylar. Şeýle-de, olar «UzGIP» taslama institutynda, «AGROMAX TEXNIC» kompaniýasynda, «Suwçular mekdebinde», Oba hojalyk tehnikalaryny we tehnologiýalaryny synaýyş we güwälendiriş respublika merkezinde bolup, alnyp barylýan işler bilen tanyşdylar. Umuman, talyp ýaşlar okuw we önümçilik tejribeliklerinde hünärlerini kämilleşdirip, 2025-2026-njy okuw ýylyny üstünlikli jemlediler. Ýokary hünär bilimini ösdürmek ugrundaky tagallalary üçin Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza köp sagbolsun aýdýarys. Mähri IŞANGULYÝEWA, S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň mugallymy.
Şypaly künjekde sapaly dynç alyş
Şu günler ýurdumyzyň ähli ýerinde bolşy ýaly, Balkan welaýatynda hem çagalaryň tomusky dynç alyş möwsümi ýokary ruhubelentlikde dowam edýär. Sapaly günler medeni we sport çärelerdir gyzykly bäsleşiklere beslenýär. «Türkmennebit» döwlet konserniniň Hazar şäherçesinde ýerleşýän «Gara altyn» çagalar sagaldyş-dynç alyş merkezinde hem bagtyýar çagalar döwrebap dynç alýarlar. Mawy deňziň şypaly kenarynda hereket edýän 400 orunlyk merkezde çagalaryň wagtynyň many-mazmunly we gyzykly geçmegi üçin ähli mümkinçilikler döredilen. Bu ýerde «Türkmennebit» döwlet konserniniň düzümlerinde zähmet çekýän işçi-hünärmenleriň çagalarynyň ýüzlerçesi sapaly dynç alyp, wagtlaryny hoş geçirýärler. Açyk deňziň kenaryna özboluşly görk berip oturan merkez ýaş nesliň saglygyny berkitmekde hem möhüm ähmiýete eýe. Bu ýerde Balkanabat şäher polisiýa bölüminiň Hazar şäherçe polisiýa bölümçesiniň polisiýanyň ýol gözegçilik toparynyň, Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Balkanabat şäher geňeşiniň Hazar şäherçe bölümçesiniň bilelikde guramaklarynda geçirilen «Ýaş ýol gözegçileri» atly bäsleşik hem çagalarda uly gyzyklanma döretdi. Gyzykly bäsleşige gatnaşan çagalar «Nyzamly hatar», «Bilgirje», «Ýaş sürüji» ýaly şertler boýunça bäsleşip, özleriniň ukyp-başarnyklaryny görkezmegi başardylar. Olara pyýadalaryň borçlaryny, ýol hereketiniň düzgünlerini, ýolyşygyň kadalaryny we ýol belgilerini öwretmegi maksat edinýän bäsleşik juda täsirliligi bilen tapawutlandy. Bäsdeşler ýol belgilerini ýasamak boýunça hem özara bäsleşdiler. Şeýle-de sportuň tanap çekmek, uzak aralyga ylgamak, stoluň üstünde oýnalýan tennis, şaşka ýaly görnüşleri boýunça geçirilen ýaryşlar juda çekeleşikli häsiýete eýe boldy. Ýaryşlar ýaş ezber türgenleri ýüze çykardy. Ruhubelentlige, egsilmez şatlyga beslenen bäsleşikleriň ýeňijilerine Hormat hatlary we ýadygärlik sowgatlar dabaraly ýagdaýda gowşuryldy. Arazguly HUDAÝGULYÝEW. (Öz habarçymyz). Surata düşüren Andreý PAKULOW.
Özüňe ynanmak — üstünligiň ýarysy
Häzirki wagtda ýokary we orta hünär okuw mekdeplerinde resminamalary kabul etmek işleri gyzgalaňly dowam edýär. Bu döwür talyplyga dalaşgärler üçin dartgynly döwür. Şeýle ýagdaýlarda ýaşlara töweregindäkileriň maslahatlary gerek. Biz hem giriş synaglary döwründe dartgynlylygy ýeňip, dynç almagy hem-de okamagy dogry guramagyň aýratynlyklary, hünär saýlap almak, ýatkeşligiňi berkitmek we ruhubelentligiňi saklamak üçin käbir maslahatlary okyjylarymyza ýetirmegi makul bildik. Hünäri dogry saýlamaly Bu siziň geljekde kim boljakdygyňyzy, haýsy ugurda zähmet çekjekdigiňizi kesgitleýär. Şonuň üçin hünär saýlananda, ene-atalaryňyzyň ýa-da ýakynlaryňyzyň isleglerine görä däl-de, öz ukyp-başarnygyňyz we maksatlaryňyz boýunça hereket etmelisiňiz. Öz ukyplary boýunça hereket edýän adamlar hemişe üstünlikli ýoldan ýöreýändir. Kimdir biriniň beren maslahatyna eýerip hünär saýlamak sizi geljekde şowsuzlyga iterip biler. Adam höwesi bolmadyk işde işlese hem özüne hem-de töweregindäki adamlara päsgelçilik döredip biler. Şonuň üçin geljekde haýsy ugurdan zähmet çekmek isleýändigiňizi kesgitläp, şol boýunça hünäriňizi saýlap alyň. Saýlan ugruňyz boýunça ökde hünärmen bolmaga yhlas ediň. Nähili taýýarlanmaly? Synaglara taýýarlanmak üçin, ilki bilen, bilýän we bilmeýän zatlaryňyzy saldarlap görüň. Gowşak tarapyňyza ýykgyn edip, şol ugurdan okuw maksatnamasyna laýyklykda meýilnama düzüň. Yzygiderlilikde okuw sagatlaryny kesgitläň. Temalary ýat tutmagyň deregine olara içgin düşünjek boluň. Ýatdan çykmaz ýaly, wagtal-wagtal geçilenleri gözden geçiriň. Okan zatlaryňyz boýunça sowal-jogap alyşmak maglumaty ýatda saklamagy aňsatlaşdyrýar. Öwrenen maglumatlaryňyzy ulanyp, synagda beriljek sowallary çaklamaga synanyşyň. Bu bolsa synag wagtynda garaşylmadyk sowallaryň täsirini azaldar. Okamak üçin günüň haýsy wagty amatly? Her adamyň günüň dowamynda sagdyn pikirlenip, öndürijilikli işläp bilýän wagty bar. Bilermenleriň aýtmagyna görä, beýniniň ýatda saklamak ukyplylygynyň artýan wagty irden sagat 07:00 — 11:00 hem-de öýlän 16:00 — 18:00 aralygydyr. Irden beýni arassa bolýar. Şonuň üçin täze maglumatlary ýatda saklamagyň iň gowy usuly irden okamakdyr. Öýlän bolsa günüň dowamynda edinen maglumatlaryňyzy, täze temalary gözden geçirmek has täsirlidir. Ýatda galan zatlary berkitmek üçin ýatmazdan öň, 20 minut okamak ýeterlikdir. Rahatlygyňy nädip saklamaly? Munuň üçin beýniňizi ýadadýan işlerden gaça duruň. Uky tertibiňizi bozmaň. Uklap bilmedik ýagdaýyňyzda hem gözleriňizi ýumup ýatmak bedeniňiziň ýadawlygyny aýrar. Synagdan bir gün öň täze temany öwrenmäge synanyşmagyň ýerine öňki bilýän zatlaryňyzy gaýtalaň. Beýniňizi rahatlandyrmak üçin 4-4-8 usulyny ýerine ýetiriň, ýagny 4 sekunt dem alyň, 4 sekunt saklaň we 8 sekuntda ýuwaşlyk bilen demiňizi goýberiň. Ýürek urşuňyz çaltlaşanda ýa-da dartgynlylyk duýanyňyzda, burnuňyzdan uludan dem alyň, birnäçe sekunt saklaň we agzyňyzdan demiňizi goýberiň. Kofe ýa-da energiýa berýän içgileriň ýerine rahatlandyryjy ösümlik çaýyny içiň. Aşgazana agram bermejek ýeňil önümler bilen iýmitleniň. Synag wagtynda howsala düşmezlik üçin näme etmeli? Size berlen wagty göz öňünde tutuň. Näçe wagtyňyzyň bardygyny we şol wagtyň dowamynda näçe sowala jogap bermelidigiňizi hasaplaň. Bu size wagtyňyzy has netijeli ulanmaga kömek eder. Jogap berip bilmeýän sowallaryňyzda eglenmek howsalaňyzy artdyrar. Şonuň üçin jogabyny bilmeseňiz, indiki sowala geçiň. Synag wagtynda egin we boýun myşsalaryňyzda dartgynlylyk duýsaňyz, galamyňyzy goýuň, göni oturyň we eginleriňizi birnäçe gezek ýokary we aşak hereketlendirip, myşsalaryňyzy gowşadyň. Iň esasy zat bolsa, bu işi başarjakdygyňyza ynanyň. «Men bu synagdan hökman geçip bilerin!» ýaly ruhlandyryjy sözleri aýdyň. Çünki özüňe ynanmak üstünligiň ýarysydyr. Mährijemal ÇARYÝEWA, «Watan».
Новые рубежи подготовки туркменских дипломатов
В эру Возрождения новой эпохи могущественного государства независимый нейтральный Туркменистан, встречающий 35-летие священной независимости под девизом «Независимый нейтральный Туркменистан – родина целеустремлённых крылатых скакунов», уверенно продолжает масштабные преобразования во всех сферах жизни общества. В ряду стратегических приоритетов государственной политики особое место принадлежит науке и образованию, которые рассматриваются как важнейший ресурс устойчивого развития и укрепления высокого международного авторитета Туркменистана. Ярким подтверждением этого стало создание в соответствии с Постановлением Президента Туркменистана в Институте международных отношений МИД Туркменистана кафедры «мир и нейтралитет» и магистратуры по этому направлению. Таким образом, в национальной системе высшего профессионального образования появилось принципиально новое направление подготовки второй ступени «Мир и нейтралитет», входящее в укрупнённую группу «Политические науки и регионоведение». Разработанный Институтом образовательный стандарт нового направления гармонично сочетает фундаментальную научную и углублённую профессиональную подготовку. Блок общих и научно-исследовательских дисциплин включает «Философию науки», «Английский язык по направлению подготовки», «Методологию научных исследований» и курс «ООН и её система». Смысловым ядром выступает дисциплина «Политика нейтралитета в международных отношениях», раскрывающая понятие и виды нейтралитета, его историческую эволюцию от древности до современности, национально-правовые и международно-правовые источники, а также особое место постоянного нейтралитета Туркменистана в системе современных международных отношений. Цикл специальных профессиональных дисциплин охватывает ключевые области современной дипломатии: «Международная безопасность», «Важнейшие направления дипломатии Туркменистана (энергетическая, транспортная, водная, экономическая)», «Международные организации и интеграции», «Превентивная дипломатия», «Внешняя политика нейтрального Туркменистана», «Актуальные проблемы международных отношений», «Методы исследований в социальных науках», «Международные переговоры и медиация». Значительное место в учебном плане отведено научно-исследовательскому семинару, дисциплинам по выбору, научно-исследовательской практике и подготовке магистерской диссертации. Предусмотрено освоение магистрантами цифровых инструментов осуществления внешней политики, новых методов цифровой дипломатии и современных информационных технологий научной работы. Выпускники будут готовы к научно-исследовательской, научно-педагогической и учебно-методической, инновационной, аналитической и экспертно-консультационной деятельности. Открытие кафедры и нового направления магистратуры выходит далеко за рамки образовательной сферы. Оно представляет собой прямой практический ответ на задачи, поставленные уважаемым Президентом Аркадаглы Героем Сердаром с высокой международной трибуны. Выступая 23 сентября 2025 года на пленарном заседании юбилейной 80-й сессии Генеральной Ассамблеи ООН в Нью-Йорке, глава государства подчеркнул, что ключевым направлением сотрудничества Туркменистана с ООН является обеспечение международного мира и безопасности, а одним из самых эффективных механизмов продвижения и достижения этих целей выступает практическое использование принципов нейтралитета. По инициативе Туркменистана в повестку дня 80-й сессии Генеральной Ассамблеи включён отдельный пункт «Нейтралитет во имя мира и безопасности», а на рассмотрение мирового сообщества внесён проект Резолюции «Роль и значимость политики нейтралитета в деле поддержания и укрепления международного мира, безопасности и процесса устойчивого развития». Наряду с этим наша страна предложила проведение Всемирного саммита по вопросам культуры мира и доверия с разработкой глобального Кодекса международного доверия; организацию в сотрудничестве с ООН Международного форума «Центральная Азия – пространство мирного сосуществования»; провозглашение Международного дня посредничества и Международного дня многоязычной дипломатии; объявление Десятилетия ООН по устойчивому транспорту на период 2026–2035 годов; принятие Резолюции «Ключевая роль надёжной и стабильной энергетической связуемости в обеспечении устойчивого развития»; создание Всемирной платформы по цифровой интеграции и Регионального центра по борьбе с опустыниванием для стран Центральной Азии; продвижение Каспийской экологической инициативы с проведением в 2026 году Каспийского экологического форума; объявление 2028 года Годом международного права. Очевидно, что столь масштабная международная повестка требует надёжного кадрового, научного и экспертного обеспечения. Именно в этом состоит важная практическая роль нового направления подготовки: каждая дисциплина учебного плана прямо соотносится с конкретными инициативами главы государства, выдвинутыми на 80-й сессии Генеральной Ассамблеи ООН, и нацелена на подготовку специалистов, способных обеспечивать их последовательное продвижение и воплощение в жизнь. Дисциплины «Политика нейтралитета в международных отношениях» и «Внешняя политика нейтрального Туркменистана» закладывают научный фундамент для продвижения пункта повестки дня «Нейтралитет во имя мира и безопасности» и соответствующего проекта резолюции. Будущие магистры получат глубокие знания о правовой природе, историческом опыте и созидательном потенциале нейтралитета, научатся аргументированно раскрывать его миротворческий инструментарий в контексте стратегии ООН. Курс «Международные переговоры и медиация», посвящённый стратегиям переговорного процесса, функциям и методам посредничества в урегулировании международных споров, напрямую работает на инициативу о провозглашении Международного дня посредничества, призванного подчеркнуть значимость дипломатии и нейтральных площадок в предотвращении и урегулировании конфликтов. Дисциплина «Превентивная дипломатия», раскрывающая исторические корни и современные механизмы предупреждения конфликтов, в том числе деятельность Регионального центра ООН по превентивной дипломатии для Центральной Азии со штаб-квартирой в Ашхабаде, готовит специалистов, востребованных в реализации инициатив о проведении Международного форума «Центральная Азия – пространство мирного сосуществования» и Всемирного саммита по вопросам культуры мира и доверия. Курс «ООН и её система», в рамках которого изучаются структура, цели и принципы Организации, стратегическое партнёрство Туркменистана с её главными органами и специализированными учреждениями, сформирует у выпускников практические навыки многосторонней дипломатии – от подготовки проектов резолюций до организационного сопровождения крупных международных форумов. Дисциплина «Важнейшие направления дипломатии Туркменистана (энергетическая, транспортная, водная, экономическая)» создаёт кадровую основу для реализации инициатив об объявлении Десятилетия ООН по устойчивому транспорту на 2026–2035 годы и принятии резолюции о ключевой роли надёжной и стабильной энергетической связуемости, а также для водно-экологического направления туркменской дипломатии, включающего Каспийскую экологическую инициативу, Каспийский экологический форум и создание Регионального центра по борьбе с опустыниванием для стран Центральной Азии. Курс «Международная безопасность» вооружает магистрантов пониманием выдвинутой главой государства концепции единства и неделимости безопасности, знанием современных вызовов и угроз, а также дипломатических подходов к их предупреждению. Отвечает программа и на вызовы цифровой эпохи: в созвучии с инициативой о создании Всемирной платформы по цифровой интеграции магистранты будут осваивать цифровые средства осуществления внешней политики и новые методы цифровой дипломатии. Углублённая языковая подготовка – работа с дипломатической перепиской, официальными документами ООН, ведение переговоров на иностранном языке – отвечает духу инициативы о провозглашении Международного дня многоязычной дипломатии и резолюций Генассамблеи о поддержании многоязычия в международных отношениях. Сквозное внимание к международно-правовым основам нейтралитета, конвенциям и многосторонним договорам закладывает основу для содержательного участия страны в мероприятиях 2028 года, объявленного по инициативе Туркменистана Годом международного права. Кафедра «мир и нейтралитет» призвана стать не только учебным, но и научно-аналитическим центром. Здесь будут проводиться фундаментальные и прикладные исследования феномена нейтралитета, готовиться экспертные и информационно-аналитические материалы, проводиться научные конференции и семинары, развиваться сотрудничество с зарубежными научными школами, структурами ООН и дипломатическими академиями государств-партнёров. Тем самым в стране формируется собственная научная школа изучения мира и нейтралитета, способная обеспечивать интеллектуальное сопровождение внешнеполитического курса, а Институт международных отношений МИД Туркменистана укрепляет статус ведущей кузницы национальных дипломатических кадров. Открытие кафедры «мир и нейтралитет» и нового направления магистратуры стало ещё одним убедительным свидетельством того, что политика постоянного нейтралитета является не только внешнеполитическим принципом, но и национальным достоянием, предметом научного осмысления и образовательной традицией, передаваемой новым поколениям. Уверены, что выпускники магистратуры «Мир и нейтралитет» внесут достойный вклад в реализацию международных инициатив Туркменистана, дальнейшее повышение авторитета Отчизны как признанного центра миротворчества, доверия и устойчивого развития. Мы желаем крепкого здоровья и больших успехов Национальному Лидеру туркменского народа, Председателю Халк Маслахаты Туркменистана Герою-Аркадагу и уважаемому Президенту Аркадаглы Герою Сердару, под мудрым руководством которых независимый нейтральный Туркменистан – родина целеустремлённых крылатых скакунов уверенно движется к новым вершинам прогресса! Гульшат ЮСУПОВА, ректор Института международных отношений Министерства иностранных дел Туркменистана, кандидат педагогических наук.
Высшее профессиональное образование осваивает новые горизонты
2026 год, проходящий под девизом «Независимый нейтральный Туркменистан – родина целеустремлённых крылатых скакунов», ознаменован рядом важных событий для системы образования нашей страны, в особенности для сферы высшего профессионального образования. Именно в текущем году началась практическая реализация утверждённой 17 октября 2025 года уважаемым Президентом Туркменистана Аркадаглы Героем Сердаром «Стратегии развития высшего профессионального образования в Туркменистане на 2026–2052 годы» и Плана мероприятий по её реализации на 2026–2030 годы. Данный стратегически значимый документ является неотъемлемой составной частью долгосрочной Программы «Возрождение новой эпохи могущественного государства: Национальная программа социально-экономического развития Туркменистана в 2022–2052 годах». Стратегия направлена на повышение качества системы высшего образования, широкое внедрение инновационных и цифровых технологий в образовательный процесс, развитие научно-исследовательской деятельности, расширение международного сотрудничества, подготовку высококвалифицированных специалистов, отвечающих современным и перспективным требованиям рынка труда, совершенствование профессионального мастерства профессорско-преподавательского состава, а также обеспечение конкурентоспособности национальной системы образования на международном уровне. Одним из важнейших направлений реализации задач, вытекающих из положений Стратегии по повышению престижа отечественных учебных заведений, является совершенствование современной учебно-методической базы высших учебных заведений, обеспечивающей качественную подготовку высококвалифицированных специалистов. В этой связи в учреждениях высшего профессионального образования осуществляется модернизация методики преподавания на основе национальных образовательных традиций и передового мирового опыта посредством внедрения инновационных педагогических подходов и цифровых технологий. При этом следует особо отметить, что монументальное значение в данном процессе имеют фундаментальные труды и научно-популярные работы Национального Лидера туркменского народа Героя-Аркадага. В произведениях Героя-Аркадага наряду с освещением древних традиций туркменской школы атабеков (наставников) и национальных педагогических принципов даётся ценная информация, относящаяся к различным областям науки. Высшие учебные заведения представляют собой не только современные образовательные учреждения, но и ведущие научно-исследовательские центры. Именно поэтому в Стратегии особое внимание уделено реализации комплекса конкретных мер, направленных на укрепление научного потенциала учреждений высшего профессионального образования. Проведение научных исследований осуществляется в тесной взаимосвязи с производством и практическим внедрением их результатов, что способствует обеспечению эффективного взаимодействия в системе «образование – наука – производство». Наряду с профессорско-преподавательским составом в научно-исследовательской деятельности активно участвуют студенты. Несомненно, научные исследования молодых учёных, их инновационные разработки, научные открытия, опытно-промышленные проекты, инженерные решения и исследования в области информационных технологий имеют важное значение для укрепления потенциала государства, особенно в контексте развития цифровой экономики страны. По этому поводу уважаемый Президент Туркменистана Аркадаглы Герой Сердар отмечает: «Динамичное развитие нашей страны во многом зависит от молодых граждан с фундаментальными научными знаниями и их эффективного труда. Молодые учёные, движимые ясными целями и твёрдыми принципами, добиваются больших успехов, делают открытия в приоритетных направлениях науки, что открывает новые горизонты для дальнейшего развития и процветания нашего государства», оказывая тем самым высокое доверие туркменской молодёжи. В соответствии с Планом мероприятий на 2026–2030 годы по реализации «Стратегии развития высшего профессионального образования в Туркменистане на 2026–2052 годы» в Туркменском государственном университете имени Махтумкули своевременно утверждаются планы мероприятий, которые последовательно и успешно реализуются. При этом особое внимание уделяется обеспечению современного уровня организации учебно-методической, научной и воспитательной работы, а также развитию международного сотрудничества университета с ведущими образовательными учреждениями и научно-исследовательскими центрами мира. Наглядным подтверждением реализации данной деятельности стало участие представителей Туркменского государственного университета имени Махтумкули в состоявшемся в Урумчи Форуме «Центральная Азия–Китай по сотрудничеству в области производства, образования, науки и практики». В ходе мероприятия было подписано Рамочное соглашение о сотрудничестве в области преподавания китайского языка между Туркменским государственным университетом имени Махтумкули и Центром международного языкового образования и сотрудничества Министерства образования Китайской Народной Республики и Синьцзянским педагогическим университетом. Подписание данного документа стало очередным свидетельством поступательного развития многолетнего плодотворного сотрудничества между Туркменистаном и Китайской Народной Республикой в сфере науки и образования. Следует отметить, что в университете осуществляется подготовка специалистов по направлению «китайский язык и литература», выпускники которого демонстрируют высокий уровень владения китайским языком. Заслуживает особого внимания и тот факт, что в текущем году несколько студентов данной специальности стали победителями конкурсного отбора в рамках программы «Стипендия Посла Китайской Народной Республики», подтвердив высокий уровень своей языковой подготовки. Международное сотрудничество университета в научной сфере также продолжает динамично развиваться. За соответствующий период текущего года по инициативе университета были проведены три международные научно-практические конференции, в работе которых наряду с отечественными учёными и профессорско-преподавательским составом приняли участие специалисты и научные сотрудники образовательных и исследовательских учреждений десятков зарубежных государств. Важную роль в развитии международного научного сотрудничества играет действующая при университете кафедра ЮНЕСКО «Культурное наследие: от прошлого к будущему», которая стала своеобразным научно-координационным центром по изучению богатого историко-культурного наследия и национальных ценностей туркменского народа. Реализуемые в рамках деятельности кафедры проекты, осуществляемые в сотрудничестве с кафедрами ЮНЕСКО ведущих зарубежных научно-образовательных центров, полностью соответствуют задачам, определённым «Стратегией развития высшего профессионального образования в Туркменистане на 2026–2052 годы», и создают благоприятные условия для дальнейшего расширения международного сотрудничества университета. Наряду с этим особое значение придаётся повышению профессиональной квалификации профессорско-преподавательского состава университета. С этой целью преподаватели активно участвуют в реализации международных проектов, что способствует их профессиональному совершенствованию, освоению современных методов разработки образовательных программ, подготовке учебно-методических материалов и пособий, развитию языковых компетенций, навыков академического письма, научной коммуникации и обмену передовым профессиональным опытом. Таким образом, успешная реализация задач, предусмотренных «Стратегией развития высшего профессионального образования в Туркменистане на 2026–2052 годы», открывает широкие перспективы для дальнейшего развития национальной системы высшего образования и достижения ею новых качественных рубежей. Здесь необходимо особо отметить, что достигнутые результаты являются следствием масштабных реформ, инициированных Национальным Лидером туркменского народа Героем-Аркадагом и успешно реализуемых под руководством Президента Аркадаглы Героя Сердара. Мяхри ПЕРДЕЛИЕВА, заведующая кафедрой археологии и этнологии Туркменского государственного университета имени Махтумкули, кандидат исторических наук.
Meýletinçiler taýýarlyk görýärler
Asyrlaryň dowamynda halkymyzyň durmuşynda we medeniýetinde uly ähmiýete eýe bolan ahalteke bedewleri türkmeniň milli ruhunyň hem-de döredijilik zehininiň güwäsi hökmünde tanalýar. Şunuň bilen baglylykda, 2026-njy ýylyň 4 — 6-njy sentýabry aralygynda Niderlandlar Patyşalygynyň Kronenberg şäherinde geçirilmegi meýilleşdirilýän ahalteke atlarynyň arasynda atly sport we gözellik bäsleşiginiň dünýä çempionaty atçylyk sungatynyň baý däplerini halkara jemgyýetçilige ýetirmekde möhüm ähmiýete eýe bolar. Häzirki wagtda bu halkara çärä ýokary derejede taýýarlyk görmek babatda degişli ministrlikler, pudaklaýyn dolandyryş edaralary tarapyndan yzygiderli işler alnyp barylýar. Öňde duran iri halkara çäräniň ýokary guramaçylykda geçirilmegini üpjün etmek maksady bilen, ýörite okuw maksatnamasy esasynda daşary ýurt dillerini, hususan-da, iňlis we nemes dillerini bilýän meýletinçiler hem taýýarlanylýar. Okuw maksatnamasynyň esasy maksady halkara meýdançada döwletimiziň abraýyny mynasyp derejede gorap biljek, birnäçe daşary ýurt dilinde erkin aragatnaşyk saklap bilýän, hünär taýdan taýýarlykly we ýokary medeniýetli meýletinçileri kemala getirmekden ybarat. Okuwlar Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň, Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň hem-de Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynyň tejribeli mugallymlarynyň we hünärmenleriniň gatnaşmaklarynda, agzalan ýokary okuw mekdeplerinde geçirilýär. Tematiki ugurlaryň ençemesini öz içine alýan okuw maksatnamasynyň çäklerinde meýletinçilere diplomatik protokol, etiket, atçylyk sporty, weterinariýa talaplary, logistika, metbugat bilen işleşmegiň aýratynlyklary, şeýle hem ahalteke bedewleriniň taryhy, nesil ugurlary we milli mirasymyzdaky orny barada giňişleýin düşünje berilýär. Şeýle hem ýokary derejeli myhmanlary garşylamagyň, ugratmagyň we olar üçin degişli hyzmatlary ýerine ýetirmegiň düzgünleri düşündirilýär. Mundan başga-da, okuw sapaklarynda meýletinçi talyplar atly sport bäsleşikleriniň we gözellik bäsleşiginiň halkara düzgünlerini, Halkara atly sport federasiýasynyň weterinariýa we doping-gözegçilik kadalaryny özleşdirýärler, halkara media gulluklary bilen utgaşykly iş alyp barmagyň tärlerini iňlis we nemes dillerinde kämil derejede ulanmagy öwrenýärler, Niderlandlaryň we Ýewropa Bileleşiginiň beýleki ýurtlarynyň medeni aýratynlyklary bilen tanyşýarlar. Şunda talyp ýaşlaryň atçylyk, atly sport, weterinariýa we halkara çäreleri guramak ugruna degişli hünär leksikasynyň hem-de söz baýlygynyň yzygiderli ösdürilmegine ähmiýet berilýär. — Kronenberg şäherinde geçirilmegi meýilleşdirilýän halkara çäreleriň çäklerinde Gahryman Arkadagymyzyň hem-de hormatly Prezidentimiziň tagallalary netijesinde ykdysadyýetde, medeni-durmuş ulgamynda Watanymyzyň ýeten derejesini halkara jemgyýetçilige wagyz etmek, milli medeniýetimiziň gymmatlyklaryny, däp-dessurlaryny dabaralandyrmak möhüm wezipe bolup durýar. Şoňa görä-de, ýurdumyzyň degişli ýokary okuw mekdepleriniň daşary ýurt dillerini bilýän talyp ýaşlaryndan meýletinçiler topary döredilip, olar üçin birnäçe tapgyrdan ybarat bolan ýörite okuw sapaklary guralýar. Okuw sapaklaryna 3-nji iýulda badalga berildi hem-de ol awgust aýynyň aýagyna çenli dürli mowzuklar boýunça alnyp barlar. Biz bu sapaklaryň dowamynda meýletinçilere halkara derejedäki çärelerde özlerini alyp barmagyň medeniýeti, resmi duşuşyklarda berjaý edilmeli kadalar, daşary ýurtly myhmanlar bilen netijeli aragatnaşyk saklamagyň usullary barada maglumat berýäris. Bu bolsa halkara bäsleşikde ýurdumyzyň myhmansöýerlik däplerini we ýokary medeniýetini açyp görkezmäge ýardam berer — diýip, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň parahatçylyk we bitaraplyk kafedrasynyň professory, sosiologiýa ylymlarynyň doktory Öwezdurdy Muhammetberdiýew gürrüň berýär. Okuw sapaklaryna gatnaşyjylar halkymyzyň milli buýsanjyna öwrülen ahalteke bedewleriniň at-owazasyny dünýä ýaýýan Gahryman Arkadagymyza hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyza tüýs ýürekden hoşallyklaryny beýan edýärler. Atamyrat ÝAZWELIÝEW, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň halkara žurnalistikasy fakultetiniň talyby.
Bilim işgärleriniň awgust usuly-amaly okuwlaryna hödürlenilýän temalar
XXXIII. MEKDEP KITAPHANAÇYLARY ÜÇIN: 1. Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň «Ýaşlar — Watanyň daýanjy», «Änew — müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýet», «Magtymguly — dünýäniň akyldary», «Türkmenistanyň Bitaraplygy — parahatçylygyň we ynanyşmagyň aýdyň ýoly» atly nusgalyk kitaplarynyň many-mazmunyny wagyz etmegiň, okuwçylara düşündirmegiň iş tejribesinden. 2. Gahryman Arkadagymyzyň nusgalyk kitaplarynyň many-mazmunyny, ýaş nesle çuňňur bilim, asylly terbiýe bermek baradaky parasatly sözlerini, gymmatly sargytlaryny wagyz etmegiň iş tejribesinden. 3. Okuwçylarda kitap okamak endigini terbiýelemekde Gahryman Arkadagymyzyň pedagogik taglymatynyň ähmiýeti we ony ösüp gelýän ýaş nesle düşündirmegiň usullary. 4. «Türkmenistanyň kitaphana ulgamyny ösdürmegiň 2025 — 2029-njy ýyllar üçin Döwlet maksatnamasyna» laýyklykda ýerine ýetirilmeli çäreleriň Meýilnamasyny talabalaýyk berjaý etmek boýunça hem-de umumybilim edaralarynyň kitaphanalarynyň işini döwrebaplaşdyrmakda we kämilleşdirmekde mekdep kitaphanaçylarynyň wezipeleri, olary amala aşyrmagyň ýollary. 5. «Ýaşlar barada döwlet syýasaty hakynda» Türkmenistanyň Kanunyny we onuň many-mazmunyny, maksadyny, wezipelerini hem-de bu möhüm Kanunda kesgitlenen hukuk düzgünleriniň berjaý edilmegini wagyz etmekde mekdep kitaphanaçylarynyň alyp barmaly işleri. 6. «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynyň şanly wakalaryny, üstünliklerini hem-de Diýarymyzda bellenilýän şanly seneleri mekdep kitaphanalarynyň işinde şöhlelendirmegiň öňdebaryjy iş tejribesinden. 7. Umumybilim berýän orta mekdeplerde elektron kitaphana ulgamlaryndan peýdalanmagyň iş tejribesinden. 8. Mekdep kitaphanaçysynyň işini meýilnamalaşdyrmagyň, iş resminamalaryny talabalaýyk ýöretmegiň, kitaphana gaznasyny tükellemegiň, sanlylaşdyrmagyň, kitaphananyň içini talabalaýyk bezemegiň, arassaçylyk we kitaplary abatlaýyş işlerini geçirmegiň öňdebaryjy iş tejribesinden. 9. Gahryman Arkadagymyzyň ýaş nesillerde kitap okamaga söýgi döretmek baradaky beýik başlangyjyna laýyklykda, «Türkmenistanyň kitaphana ulgamyny ösdürmegiň 2025 — 2029-njy ýyllar üçin Döwlet maksatnamasyndan» gelip çykýan wezipeleri ýerine ýetirmegiň iş tejribesinden. 10. Mekdep okuwçylarynyň kitap okamaga bolan höwesini we gyzyklanmasyny ýokarlandyrmak, olaryň döredijilik, pikirleniş ukyplaryny ösdürmek, çagalarda ylmy dünýägaraýşy kemala getirmek maksady bilen, mekdep kitaphanasynda okuw kitaplarynyň, gollanmalarynyň ýazarlary, alymlar, ýazyjy-şahyrlar hem-de medeniýet-sungat işgärleri bilen döredijilik duşuşyklaryny guramagyň iş tejribesinden. 11. Umumybilim berýän orta mekdeplerde ýaş kitap söýüjileri ýüze çykarmakda we olarda kitaba bolan söýgini ösdürmekde bäsleşikleri guramagyň iş tejribesinden. 12. Mekdep kitaphanaçysynyň özüniň döredijilik başarnyklaryny hem-de ussatlygyny has-da kämilleşdirmeginiň ýollary. Türkmenistanyň Bilim ministrligi. Türkmenistanyň Milli bilim instituty.
Bilim işgärleriniň awgust usuly-amaly okuwlaryna hödürlenilýän temalar
XXXII. SYNP ÝOLBAŞÇYLARY ÜÇIN: 1. Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň «Ýaşlar — Watanyň daýanjy», «Änew — müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýet», «Magtymguly — dünýäniň akyldary», «Türkmenistanyň Bitaraplygy — parahatçylygyň we ynanyşmagyň aýdyň ýoly» atly nusgalyk kitaplaryndaky gymmatly maglumatlary synp sagatlary guralanda we sapakdan daşary işlerde peýdalanmagyň ýollary. 2. Gahryman Arkadagymyzyň ylmy-filosofik eserlerini, Magtymguly Pyragynyň edebi mirasyny okuw-terbiýeçilik işlerinde döredijilikli peýdalanmagyň döwrebap usullary. 3. «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasyny» durmuşa geçirmekde synp ýolbaşçylarynyň amala aşyrmaly okuw-terbiýeçilik we usuly işleri. 4. «Bilim hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna (rejelenen görnüşi) laýyklykda, okuwçylara ruhy-ahlak, raýat-watançylyk, harby-watançylyk, durmuş, medeni-taryhy terbiýelerini bermekde, sagdyn durmuş ýörelgelerini öwretmekde synp ýolbaşçylarynyň öňünde durýan wezipeler, olary amal etmegiň ýollary. 5. «Türkmenistanda umumybilim maksatnamalary boýunça okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmegiň 2028-nji ýyla çenli Konsepsiýasyny» we ony amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň Meýilnamasyny durmuşa geçirmekde synp ýolbaşçylarynyň öňünde durýan wezipeler we olaryň durmuşa geçirilişi. 6. Ýaş nesli terbiýelemegiň esasy ugurlary: watançylyk terbiýesi, döredijilik we zehin terbiýesi, akyl we pikir terbiýesi, ylym terbiýesi, medeni aň-düşünje terbiýesi, kär-hünär terbiýesi, sungat terbiýesi, syýasy terbiýe, maliýe-ykdysady terbiýe, jemgyýetçilik terbiýesi, dil terbiýesi, ekologiýa, tebigata söýgi terbiýesi boýunça okuw-terbiýeçilik işleriniň guralyşy we geçirilişi. 7. Synp sagatlarynda başarjaňlyk çemeleşmesine esaslanýan innowasion pedagogik usullardan peýdalanmagyň iş tejribesinden. 8. Sapakdan daşary okuw-terbiýeçilik işleriniň üsti bilen okuwçylary ylmy döredijilige höweslendirmegiň, döredijilik-taslama bäsleşiklerine taýýarlamagyň, hünärlere ugrukdyrmagyň iş tejribesinden. 9. Okuwçylar bilen terbiýeçilik gymmaty bolan çekişmeleri, döredijilik bäsleşiklerini, baýramçylyk dabaralaryny, aýdym-sazly baýramçylyk çykyşlaryny guramagyň we geçirmegiň, okuwçylary ylmy döredijilige ugrukdyrmagyň, döredijilik-taslama bäsleşiklerine taýýarlamagyň, hünärlere ugrukdyrmagyň iş tejribesinden. 10. Synp ýolbaşçylarynyň ders mugallymlary, ata-eneler, jemgyýetçilik guramalary bilen özara hyzmatdaşlygyny ýola goýmagyň ýaş nesle berilýän bilimiň we edep-terbiýäniň hilini ýokarlandyrmakdaky orny. 11. Ösüp gelýän ýaş nesle döwrebap bilim we terbiýe bermekde synp ýolbaşçylarynyň döredijilik başarnyklaryny hem-de ussatlygyny has-da kämilleşdirmegiň ýollary. 12. «Türkmenistanda umumybilim maksatnamalary boýunça okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmegiň 2028-nji ýyla çenli Konsepsiýasynyň» we «Bilim edaralarynda halypaçylyk işini guramagyň Gözükdirijisiniň» talaplaryna laýyklykda, tejribeli synp ýolbaşçylary bilen ýaş synp ýolbaşçylarynyň halypa-şägirtlik gatnaşyklaryny ýola goýmagyň döwrebap usullary.
Bilim işgärleriniň awgust usuly-amaly okuwlaryna hödürlenilýän temalar
XXXI. BEDENTERBIÝE DERSINI OKADÝAN MUGALLYMLAR ÜÇIN: 1. Gahryman Arkadagymyzyň «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri», «Türkmenistan –— melhemler mekany», «Sport dostluga, saglyga we gözellige tarap ýoldur», «Çaý —– melhem hem ylham» atly nusgalyk kitaplarynyň many-mazmuny esasynda ýaş nesliň sagdyn durmuş ýörelgelerine ugrukdyrylyşy. 2. «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasyny» durmuşa geçirmekde bedenterbiýe mugallymlarynyň öňünde durýan wezipeler. 3. «Bilim hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna (rejelenen görnüşi) laýyklykda, okuwçylarda ruhy-ahlak, raýat-watançylyk, harby-watançylyk, durmuş, medeni-taryhy terbiýelerini bermekde, sagdyn durmuş ýörelgelerini öwretmekde bedenterbiýe mugallymlarynyň öňünde durýan wezipeler, olary amal etmegiň ýollary. 4. «Bilim hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna (rejelenen görnüşi) laýyklykda, ýaş nesilde ýokary ahlak sypatlarynyň hem-de sagdyn durmuş ýörelgeleriniň endiklerini kemala getirmegiň we ösdürmegiň iş tejribesinden. 5. «Türkmenistanda umumybilim maksatnamalary boýunça okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmegiň 2028-nji ýyla çenli Konsepsiýasyna» we ony amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň Meýilnamasyna laýyklykda, çagalaryň ruhy-ahlak, beden taýdan sagdyn bolmak isleglerini kanagatlandyrmakda, olaryň howpsuz durmuş ýörelgesini kemala getirmekde, saglygyny berkitmekde we boş wagtlaryny netijeli geçirmeklerini gazanmakda bedenterbiýe mugallymlarynyň öňünde durýan wezipeler. 6. Hormatly Prezidentimiziň jemgyýetimize sagdyn durmuş ýörelgelerini işjeň ornaşdyrmak baradaky syýasatyna laýyklykda, bedenterbiýäni we sporty ösdürmäge gönükdirilen çäreleriň netijeliligini ýokarlandyrmak boýunça bedenterbiýe mugallymlarynyň işlerini ýola goýmagyň iş tejribesinden. 7. Bedenterbiýe sapaklarynda we sport ýaryşlary geçirilende okuwçylaryň ýaş-psihologik we fiziologik aýratynlyklaryny, ýerli howa ýagdaýlaryny hasaba almagyň iş tejribesinden. 8. Bedenterbiýe sapaklarynda milli we hereketli oýunlardan, döwrebap usullardan we sanly tehnologiýalaryň mümkinçiliklerinden peýdalanmagyň iş tejribesinden. 9. Bedenterbiýe sapaklarynda okuwçylara bilim-terbiýe bermegiň, şahsy gigiýenany, howpsuzlyk düzgünlerini öwretmegiň we olaryň bedenini berkitmegiň hem-de bilimlerini, başarnyklaryny, endiklerini bahalandyrmagyň usulyýet aýratynlyklary. 10. Bedenterbiýe sapaklary we sapakdan daşary çäreler guralanda, okuwçylar dürli görnüşli sport bäsleşiklerine taýýarlananda olaryň ýaş-psihologik we fiziologik aýratynlyklaryny nazara alyp okatmagyň usulyýet aýratynlyklary. 11. Bedenterbiýe dersi boýunça sapakdan daşary çäreleri guramagyň we geçirmegiň hem-de okuwçylary dürli görnüşli sport bäsleşiklerine taýýarlamagyň usullary. 12. «Türkmenistanda umumybilim maksatnamalary boýunça okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmegiň 2028-nji ýyla çenli Konsepsiýasynyň» we «Bilim edaralarynda halypaçylyk işini guramagyň Gözükdirijisiniň» talaplaryna laýyklykda, halypa-şägirtlik gatnaşyklaryny kämilleşdirmekde bedenterbiýe okuw dersi boýunça hereket edýän usuly birleşmeleriň işini täzeçe guramagyň iş tejribesinden.
Bilim işgärleriniň awgust usuly-amaly okuwlaryna hödürlenilýän temalar
XXX. HÜNÄR ÖWREDIJI DERSINI OKADÝAN MUGALLYMLAR ÜÇIN: 1. Hormatly Prezidentimiziň «Ýaşlar — Watanyň daýanjy», «Änew — müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýet», «Magtymguly — dünýäniň akyldary» atly kitaplaryny hünär ugurly okuwlar boýunça hünär öwrediji sapaklarda peýdalanmagyň usullary. 2. «Türkmenistanda umumybilim maksatnamalary boýunça okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmegiň 2028-nji ýyla çenli Konsepsiýasyna» laýyklykda, bilim bermek işine öňdebaryjy innowasion çemeleşmeleri giňden ornaşdyrmak, ylmyň we tehnikanyň iň täze gazananlaryna esaslanyp, okuw sapaklaryny dünýä tejribesine laýyklykda guramagy, okuwçylaryň özbaşdak pikirlenmek ukyplaryny kemala getirmegiň usullaryny öwretmegiň ýollary. 3. Gahryman Arkadagymyzyň «Arşyň nepisligi» atly kitabyny peýdalanyp «Halyçy» hünärini öwrediji okuw dersinde haly gölleriniň aýratynlyklaryny öwretmegiň usullary. 4. «Halyçy» hünärini öwrediji sapaklarda tebigy boýaglaryň alnyşyny we ulanylyşyny öwretmegiň usullary. 5. «Kompýuter sowatlylygynyň esaslary» hünärini öwrediji sapaklarda sanly serişdelerden, häzirki döwrüň talabyna laýyk gelýän tehnikalardan we tehnologiýalardan peýdalanmagy öwretmegiň usullary. 6. «Çyzgyçy» hünärini öwrediji sapaklarda çyzgy ylmynyň ösüş taryhy, çyzuwly geometriýa we inžener grafikasy ylmynyň beýleki ylymlar bilen arabaglanyşygyny öwretmegiň ýollary. 7. «Suratkeş» hünärini öwrediji sapaklarda küýze, alma, gül bilen baglanyşykly natýurmort çekilende, ýagtyny, kölegäni seljermegi hem-de şekillere göwrüm bermegi öwretmegiň usullary. 8. «Bagban — nahal oturdyjy» hünärini öwrediji sapaklarda eziz Diýarymyzy bagy-bossanlyga öwürmek hem-de Türkmenistanyň Milli tokaý maksatnamasyny üstünlikli durmuşa geçirmek esasynda okuwçylara bilim we terbiýe bermegiň ýollary. 9.Hünär ugurly okuwlar boýunça hünär öwrediji dersiň ýyllyk senenamalaýyn okuw çyzgydynyň taýýarlanylyşy. 10.«Tikinçi» hünärini öwrediji sapaklarda üstünden goýlup tikilýän jübüleriň bezegli görnüşleriniň işlenip bejerilişini öwretmegiň usullary. 11. «Ekerançy» hünärini öwrediji sapaklarda ekin dolanyşygynyň zerurlygynyň ylmy esaslaryny öwretmegiň usullary. 12.Hünär öwrediji okuw dersini okadýan mugallymlaryň hünär derejesini özbaşdak, yzygiderli ýokarlandyrmagynyň we mugallymçylyk ussatlyklaryny kämilleşdirmeginiň netijeli usullary.
Bilim işgärleriniň awgust usuly-amaly okuwlaryna hödürlenilýän temalar
XXIX. DÖWREBAP TEHNOLOGIÝALARYŇ ESASLARY DERSINI OKADÝAN MUGALLYMLAR ÜÇIN: 1. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň «Ýaşlar — Watanyň daýanjy» atly nusgalyk kitabyny döwrebap tehnologiýalaryň esaslary dersi okadylanda peýdalanmagyň usulyýet tärleri. 2. «Türkmenistanda umumybilim maksatnamalary boýunça okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmegiň 2028-nji ýyla çenli Konsepsiýasyna» laýyklykda, döwrebap tehnologiýalaryň esaslary dersi boýunça sapaklarda maglumat tehnologiýalaryny peýdalanmagyň usulyýet aýratynlyklary. 3. «Bilim edaralarynda halypaçylyk işini guramagyň Gözükdirijisine» laýyklykda, döwrebap tehnologiýalaryň esaslary dersinde halypa-şägirtlik gatnaşyklarynyň guralyşy we alnyp barlyşy. 4. Teleýaýlymlar, sanly platformalar ýa-da maglumatlary uzak aralykdan ýetirmegiň beýleki serişdeleri arkaly umumybilim edaralarynda mekdep okuwçylaryna bilim bermegiň aýratynlyklary. Emeli aň we onuň mümkinçiliklerinden peýdalanmagyň ýollary. 5. Döwrebap tehnologiýalaryň esaslary dersinde okatmagyň STEAM tehnologiýasyndan peýdalanylyşy. 6. «Türkmenistanda umumybilim maksatnamalary boýunça okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmegiň 2028-nji ýyla çenli Konsepsiýasyny» amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň Meýilnamasyny durmuşa geçirmekde döwrebap tehnologiýalaryň esaslary dersini okadýan mugallymlaryň öňünde durýan wezipeler we olary ýerine ýetirmegiň ýollary. 7. Döwrebap tehnologiýalaryň esaslary dersinde robototehnika we programmirleme. 8. Döwrebap tehnologiýalaryň esaslary dersi boýunça okuw-usulyýet toplumlaryny taýýarlamagyň, sanly bilim serişdeleriniň taýýarlanylyşy we okuw-terbiýeçilik işlerinde ulanylyşy. 9. Döwrebap tehnologiýalaryň esaslary dersi okadylanda dersara baglanyşygy guramagyň usulyýet aýratynlyklary. 10. Döwrebap tehnologiýalaryň esaslary dersi okadylanda mekdep okuwçylarynyň öwrenijilik işjeňligini, özbaşdak pikirleniş endiklerini ösdürmegiň ýollary we ugurlary. 11. Döwrebap tehnologiýalaryň esaslary sapaklarynda «Akylly» enjamlar we tehnologiýalar» diýen temany öwretmegiň öňdebaryjy iş tejribesinden. 12. Döwrebap tehnologiýalaryň esaslary dersinde okuwçylaryň ylmy-gözleg başarnyklaryny kemala getirmek, tehniki döredijiligini ösdürmek üçin dürli maglumat çeşmeleri bilen özbaşdak işlemek başarnyklaryny ösdürmegiň usullary.
Bilim işgärleriniň awgust usuly-amaly okuwlaryna hödürlenilýän temalar
XXVIII. PROÝEKTIRLEMEGIŇ ESASLARY DERSINI OKADÝAN MUGALLYMLAR ÜÇIN: 1. «Türkmenistanda umumybilim maksatnamalary boýunça okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmegiň 2028-nji ýyla çenli Konsepsiýasyny» we ony amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň Meýilnamasyny durmuşa geçirmekde proýektirlemegiň esaslary dersini okadýan mugallymlaryň öňünde durýan wezipeler. 2. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň «Ýaşlar — Watanyň daýanjy», «Änew — müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýet», «Magtymguly — dünýäniň akyldary» atly nusgalyk kitaplaryny okuw-terbiýeçilik işlerinde peýdalanyp, mekdep okuwçylaryna ýokary hilli bilim we terbiýe bermegiň ýollary. 3. Gahryman Arkadagymyzyň «Hakyda göwheri» atly kitabyny proýektirlemegiň esaslary sapaklarynda peýdalanmagyň ýollary. 4. «Türkmenistanda umumybilim maksatnamalary boýunça okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmegiň 2028-nji ýyla çenli Konsepsiýasyna» laýyklykda, halypa-şägirtlik gatnaşyklaryny guramagyň ýollary. 5. Proýektirlemegiň esaslary sapaklarynda okuwçylaryň «Kompas-3D» ulgamynda işlemek ukyplaryny ýüze çykarmagyň we ösdürmegiň iş tejribesinden. 6. Proýektirlemegiň esaslary sapaklarynda çyzgylaryň ýerine ýetirilişiniň «Kompas-3D» ulgamynda häzirki zaman usullary. 7. Proýektirlemegiň esaslary sapaklarynda döwlet standarty KRÝU (konstruktorçylyk resminamalaryň ýeke-täk ulgamy) barada umumy düşünjeler. 8. Proýektirlemegiň esaslary sapaklarynda geometrik jisimiň ýazgysyny gurmagyň we onuň nusgasyny (modelini) ýerine ýetirmegiň usullary. 9. Proýektirlemegiň esaslary sapaklarynda ýaryk bilen kesigiň meňzeşligini we aýratynlygyny öwretmegiň iş tejribesinden. 10. Proýektirlemegiň esaslary sapaklarynda tehniki suratlary ýerine ýetirmegiň usullaryny öwretmek. 11. Proýektirlemegiň esaslary sapaklarynda gurluşyk çyzgylary we ony okamagy öwretmegiň iş tejribesinden. 12. Proýektirlemegiň esaslary sapaklarynda okuwçylarda ylmy döredijilige bolan höwesi ösdürmegiň usullary.
Bilim işgärleriniň awgust usuly-amaly okuwlaryna hödürlenilýän temalar
XXVII. TEHNOLOGIÝA (DURMUŞ ZÄHMETI) DERSINI OKADÝAN MUGALLYMLAR ÜÇIN: 1. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň «Ýaşlar — Watanyň daýanjy», «Änew — müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýet», «Magtymguly — dünýäniň akyldary», «Türkmenistanyň Bitaraplygy — parahatçylygyň we ynanyşmagyň aýdyň ýoly» atly nusgalyk kitaplaryndan peýdalanyp, durmuş zähmeti sapaklaryny dünýä tejribesine laýyklykda guramagyň usullary. 2. Gahryman Arkadagymyzyň nusgalyk kitaplarynyň many-mazmunyny durmuş zähmeti sapaklarynda peýdalanmagyň usullary. 3. «Türkmenistanda umumybilim maksatnamalary boýunça okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmegiň 2028-nji ýyla çenli Konsepsiýasyny» durmuşa geçirmekde umumybilim berýän orta mekdeplerde tehnologiýa ylmy ugruna degişli durmuş zähmeti dersini okadýan mugallymlaryň öňünde durýan wezipeler. 4. Tehnologiýa (durmuş zähmeti) dersiniň okuw maksatnamasynyň we okuw kitabynyň mazmuny barada özara pikir alyşmak. 5. Tehnologiýa (tehniki zähmet) sapaklarynda tehnikada ulanylýan çyzyklar, shemalar bilen işlemegi öwretmegiň usullary. 6. Tehnologiýa (oba hojalyk zähmeti) sapaklarynda miweleriň, ir-iýmişleriň we olaryň uzak saklanylyşyny öwretmegiň usullary. 7. Tehnologiýa (hojalyk-durmuş zähmeti) sapaklarynda haly nagyşlarynyň, gölleriň nusgasyny öýjükli kagyza geçirmegi we eriş ýüplerini sanamagy öwretmegiň usullary. 8. Tehnologiýa (tehniki zähmet) sapaklarynda herekete getirıji mehanizmler we olaryň şertli belgileriniň belgilenilişini öwretmegiň usullary. 9. Tehnologiýa (hojalyk-durmuş zähmeti) sapaklarynda tebigy ýüplüklerden dokalýan matalaryň görnüşlerini we olaryň aýratynlyklaryny öwretmegiň usullary. 10. Tehnologiýa (tehniki zähmet) sapaklarynda metallaryň iki topara bölünişini we olaryň umumy häsiýetlerini öwretmegiň usullary. 11. Tehnologiýa (hojalyk-durmuş zähmeti) sapaklarynda milli nagyşlaryň tebigat bilen baglanyşykly döredilişini öwretmegiň ýollary. 12. Tehnologiýa (durmuş zähmeti) sapaklarynda hünärlere ugrukdyrmak işleriniň ýola goýluşy.
Bilim işgärleriniň awgust usuly-amaly okuwlaryna hödürlenilýän temalar
XXVI. ŞEKILLENDIRIŞ SUNGATY DERSINI OKADÝAN MUGALLYMLAR ÜÇIN: 1. Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň «Ýaşlar — Watanyň daýanjy», «Änew — müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýet», «Magtymguly — dünýäniň akyldary», «Türkmenistanyň Bitaraplygy — parahatçylygyň we ynanyşmagyň aýdyň ýoly» atly nusgalyk kitaplaryndaky şekillendiriş sungatyna degişli gymmatly maglumatlary sapaklarda we sapakdan daşary işlerde peýdalanmagyň usullary. 2. «Türkmenistanda umumybilim maksatnamalary boýunça okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmegiň 2028-nji ýyla çenli Konsepsiýasyny» we ony amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň Meýilnamasyny durmuşa geçirmekde şekillendiriş sungaty dersini okadýan mugallymlaryň öňünde durýan wezipeler, olary amal etmegiň ýollary. 3. «Türkmenistanda umumybilim maksatnamalary boýunça okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmegiň 2028-nji ýyla çenli Konsepsiýasyna» we «Türkmenistanda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň Konsepsiýasyna» laýyklykda, okatmagyň işjeň usullaryndan we sanly tehnologiýalaryň mümkinçiliklerinden peýdalanyp, şekillendiriş sungaty sapaklarynyň okadylyşyny kämilleşdirmegiň iş tejribesinden. 4. Şekillendiriş sungaty okuw dersinde Türkmenistanyň Prezidentiniň türkmen milli şekillendiriş sungatyny ösdürmekdäki we ony dünýä tanatmakdaky tagallalaryny okuwçylara öwretmekde dürli maglumat çeşmelerinden peýdalanmagyň usullary. 5. «Türkmenistanda umumybilim maksatnamalary boýunça okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmegiň 2028-nji ýyla çenli Konsepsiýasyna» laýyklykda, şekillendiriş sungaty dersini okatmakda dersara baglanyşygyň ýola goýluşy. 6. Şekillendiriş sungaty okuw dersini durmuş bilen baglanyşdyryp okatmak arkaly ÝUNESKO-nyň Bütindünýä medeni mirasynyň sanawyna goşulan taryhy-medeni ýadygärliklerimiziň we Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilen gymmatlyklarymyzyň suratlaryny dürli usullarda çekmegi öwretmegiň iş tejribesinden. 7. Şekillendiriş sungaty dersinde mekdep okuwçylaryna ata-babalarymyzyň öwüt-ündewleri esasynda ruhy-ahlak, raýat-watançylyk, harby-watançylyk, durmuş, medeni-taryhy, sagdyn durmuş ýörelgelerine laýyklykda, kämil terbiýe bermegiň netijeli usullary. 8. Türkmen halkynyň baý taryhyny we milli medeni mirasyny okuwçylara öwretmekde innowasion pedagogik tehnologiýalardan peýdalanmagyň öňdebaryjy iş tejribesinden. 9. Şekillendiriş sungaty: surat dersi boýunça sapaklary we sapakdan daşary okuw-terbiýeçilik işlerini guramak arkaly okuwçylaryň döredijilik, çeperçilik ukyplaryny ösdürmegiň, zehinlerini ýüze çykarmagyň, dürli derejedäki bäsleşiklere taýýarlamagyň we hünärlere ugrukdyrmagyň usullary. 10. Şekillendiriş sungaty: surat dersini okatmakda okuw-görkezme esbaplaryndan netijeli peýdalanmagyň iş tejribesinden. 11. Başlangyç bilim derejesinde şekillendiriş sungaty: surat dersinde okuwçylaryň ýaş-psihologik we fiziologik aýratynlyklaryny nazara alyp, öwrediji didaktiki oýunlardan peýdalanyp okatmagyň usulyýet aýratynlyklary. 12. «Türkmenistanda umumybilim maksatnamalary boýunça okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmegiň 2028-nji ýyla çenli Konsepsiýasynyň» we «Bilim edaralarynda halypaçylyk işini guramagyň Gözükdirijisiniň» talaplaryna laýyklykda, halypa-şägirtlik gatnaşyklaryny guramagyň ýollary.
Bilim işgärleriniň awgust usuly-amaly okuwlaryna hödürlenilýän temalar
XXV. AÝDYM-SAZ DERSINI OKADÝAN MUGALLYMLAR ÜÇIN: 1. Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň «Ýaşlar — Watanyň daýanjy», «Änew — müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýet», «Magtymguly — dünýäniň akyldary», «Türkmenistanyň Bitaraplygy — parahatçylygyň we ynanyşmagyň aýdyň ýoly» atly nusgalyk kitaplaryndaky aýdym-saz baradaky gymmatly maglumatlary sapaklarda we sapakdan daşary geçirilýän okuw-terbiýeçilik çärelerinde peýdalanmagyň iş tejribesinden. 2. Gahryman Arkadagymyzyň «Ile döwlet geler bolsa...», «Parahatçylyk sazy, dostluk, doganlyk sazy», «Türkmen medeniýeti», «Medeniýet halkyň kalbydyr», «Enä tagzym — mukaddeslige tagzym», «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi», «Ömrümiň manysy», «Ömrümiň manysynyň dowamaty», «Hakyda göwheri» atly kitaplaryny ösüp gelýän ýaş nesli milli ruhda terbiýelemekde peýdalanmagyň usullary. 3. «Bilim hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna (rejelenen görnüşi) laýyklykda, okuwçylaryň sungat boýunça zehinini we başarnygyny ýüze çykarmakda hem-de döredijilik ukyplaryny ösdürmekde aýdym-saz mugallymlarynyň öňünde durýan wezipeler. 4. «Türkmenistanda umumybilim maksatnamalary boýunça okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmegiň 2028-nji ýyla çenli Konsepsiýasyny» we ony amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň Meýilnamasyny durmuşa geçirmekde aýdym-saz dersini okadýan mugallymlaryň wezipeleri we olary amal etmegiň ýollary. 5. «Türkmenistanda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň Konsepsiýasyna» laýyklykda, aýdym-saz sapaklarynda innowasion tehnologiýalardan peýdalanmak arkaly okuwçylaryň bilimlerini, başarnyklaryny, endiklerini bahalandyrmagyň hem-de olaryň döredijilik ukyplaryny ösdürmegiň we kämilleşdirmegiň öňdebaryjy iş tejribesinden. 6. Türkmenistanda umumybilim edaralarynyň döwlet bilim standartynyň talaplaryna laýyklykda, aýdym-saz dersi sapaklarynda okuwçylara raýat-watançylyk, ruhy-ahlak, durmuş, medeni-taryhy terbiýesini bermegiň, ruhubelent, maksada okgunly şahsyýetleri kemala getirmegiň usullary. 7. Hormatly Prezidentimiziň türkmen milli aýdym-saz sungatyny ösdürmekdäki we ony dünýä tanatmakdaky tagallalary, ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň görnükli nusgalarynyň sanawyna girizilen «Görogly» dessançylyk sungaty, «Küştdepdi» aýdym we tans dessury, «Dutar ýasamak senetçiligi, dutarda saz çalmak we bagşyçylyk sungaty» barada aýdym-saz dersi boýunça sapaklarda we sapakdan daşary işlerde okuwçylara öwretmegiň iş tejribesinden. 8. Okuwçylaryň aýdym-saz sungatyna bolan ukyplaryny ýüze çykarmak we ösdürmek maksady bilen, terbiýeçilik gymmaty bolan çekişmeleri, döredijilik bäsleşiklerini, baýramçylyk dabaralaryny, aýdym-sazly baýramçylyk çykyşlary guramagyň we geçirmegiň, olary hünärlere ugrukdyrmagyň iş tejribesinden. 9. Aýdym-saz sapaklarynda okuwçylary baýramçylyk çärelerinde we dabaralarda çykyş etmäge taýýarlamak arkaly çagalaryň bilesigelijilik we döredijilik işjeňligini, ukyp-başarnyklaryny ösdürmegiň ýollary. 10. Aýdym-saz okuw dersiniň netijeliligini ýokarlandyrmakda sanly ulgamyň gazananlaryny, başarjaňlyk çemeleşmesine esaslanýan innowasion pedagogik usullary okatmagyň usulyýetine giňden ornaşdyrmagyň iş tejribesinden. 11. Aýdym-saz sapaklarynda okuwçylarda Watana, Türkmenistanyň Prezidentine, türkmen halkynyň Milli Liderine, ata-enä, tebigata, zähmete we gözellige söýgi döretmek babatynda mugallymlaryň hünär bilimlerini, pedagogik ussatlyklaryny yzygiderli kämilleşdirmegiň ýollary. 12. «Bilim edaralarynda halypaçylyk işini guramagyň Gözükdirijisine» laýyklykda, aýdym-saz dersini okadýan halypa mugallymlar bilen ýaş mugallymlaryň halypa-şägirtlik gatnaşyklarynyň ýola goýluşy.
Bilim işgärleriniň awgust usuly-amaly okuwlaryna hödürlenilýän temalar
XXIV. ÖZÜŇI ALYP BARMAGYŇ MEDENIÝETI DERSINI OKADÝAN MUGALLYMLAR ÜÇIN: 1. Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň nusgalyk kitaplarynda öňe sürülýän pedagogik ýörelgelere we öwüt-ündewlere esaslanyp, özüňi alyp barmagyň medeniýeti dersini okatmagyň öňdebaryjy iş tejribesinden. 2. «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022—2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynda» kesgitlenen maksatlara we wezipelere laýyklykda, okuwçylara dünýä ülňülerinde bilim-terbiýe bermegiň usullary. 3. «Bilim hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna (rejelenen görnüşi) laýyklykda, ýaşlara berilýän bilimiň hilini we netijeliligini ýokarlandyrmakda özüňi alyp barmagyň medeniýeti dersini okadýan mugallymlaryň öňünde durýan wezipeler. 4. «Türkmenistanda umumybilim maksatnamalary boýunça okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmegiň2028-nji ýyla çenli Konsepsiýasyny» amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň Meýilnamasyny durmuşa geçirmekde özüňi alyp barmagyň medeniýeti dersini okadýan mugallymlaryň öňünde durýan wezipeler we olary ýerine ýetirmegiň ýollary. 5. Özüňi alyp barmagyň medeniýeti dersinde Türkmenistanyň milli kanunçylygynyň esasynda okuwçylara döwletimiziň kada-kanunlaryna hormat goýmagyň we olary berjaý etmegiň medeniýetini öwretmekde dersara baglanyşygy üpjün etmegiň usullary. 6. Özüňi alyp barmagyň medeniýeti dersinde sapakda we sapakdan daşary okuw-terbiýeçilik işlerinde okuwçylary hünärlere ugrukdyrmagyň ýollary. 7. Özüňi alyp barmagyň medeniýeti dersini okatmagyň innowasion usullary we olary okuw-terbiýeçilik işlerinde netijeli ulanmagyň ýollary. 8. Okuwçylarda türkmen halkynyň milli gymmatlyklaryna we däp-dessurlaryna hormat goýmagy terbiýelemegiň ýokary netijeli usullary. 9. ÝUNESKO-nyň Bütindünýä medeni mirasynyň sanawyna girizilen taryhy-medeni ýadygärliklerimiziň we Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna goşulan gymmatlyklarymyzyň ähmiýetini okuwçylara öwretmegiň öňdebaryjy iş tejribesinden. 10. Türkmen halkynyň ruhy-ahlak gymmatlyklaryna, milli medeniýetine, däp-dessurlaryna laýyklykda, okuwçylary ruhy-ahlak, raýat-watançylyk, harby-watançylyk, durmuş, medeni-taryhy we sagdyn durmuş ýörelgeleriniň esasynda terbiýelemegiň usullary. 11. Okuwçylaryň tebigy zehinini açmakda, döredijilik başarnyklaryny ösdürmekde, olary ylmy barlaglary we taslama işlerini alyp barmaga höweslendirmekde başarjaňlyk çemeleşmesinden peýdalanyp, okatmagyň öňdebaryjy iş tejribesinden. 12. «Türkmenistanda umumybilim maksatnamalary boýunça okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmegiň2028-nji ýyla çenli Konsepsiýasynyň» we «Bilim edaralarynda halypaçylyk işini guramagyň Gözükdirijisiniň» talaplaryna laýyklykda, özüňi alyp barmagyň medeniýeti dersini okadýan mugallymlar bilen halypa-şägirtlik gatnaşyklaryny guramagyň usullary.
Bilim işgärleriniň awgust usuly-amaly okuwlaryna hödürlenilýän temalar
XXIII. DÜNÝÄ MEDENIÝETI DERSINI OKADÝAN MUGALLYMLAR ÜÇIN: 1. Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň nusgalyk kitaplaryny, çykyşlaryny dünýä medeniýeti dersinde peýdalanmagyň döwrebap usullary. 2. Hormatly Prezidentimiziň «Türkmenistanyň Bitaraplygy — parahatçylygyň we ynanyşmagyň aýdyň ýoly» atly kitabynda dünýä medeniýetiniň aýrylmaz bölegine öwrülen sungatyň ähmiýeti baradaky maglumatlary okuwçylara öwretmegiň usullary. 3. Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Kazan şäheriniň «Yslam dünýäsiniň medeni paýtagty» diýlip yglan edilmegi mynasybetli Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasynyň maslahatyndaky çykyşyny hem-de bilimiň, ylmyň we medeniýetiň halklary dostlaşdyrmaga ukyply ählumumy gymmatlyklardygyny dünýä medeniýeti dersinde okuwçylara düşündirmegiň usullary. 4. Aşgabatda Türki medeniýetiň halkara guramasynyň (TÜRKSOÝ) XXVII opera günleriniň geçirilmeginiň dünýä medeniýetiniň genji-hazynasynyň baýlaşmagynda we Türkmenistanyň alyp barýan medeni diplomatiýasynyň has-da dabaralanmagynda sungatyň halklary birleşdirýän köpri hökmündedigini dünýä medeniýeti dersinde ýaş nesle öwretmegiň usulyýet tärleri. 5. «Türkmenistanda umumybilim maksatnamalary boýunça okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmegiň 2028-nji ýyla çenli Konsepsiýasyna» laýyklykda, elektron okuw-görkezme toplumlaryny taýýarlamagyň we peýdalanmagyň döwrebap usullary. 6. Okuwçylaryň öwrenijilik işjeňligini we özbaşdak pikirlenmek endiklerini üpjün etmekde okatmagyň konstruktiw usulyny peýdalanmagyň iş tejribesinden. 7. Umumadamzat gymmatlygyna eýe bolan desgalar hökmünde Gadymy Merwiň, Köneürgenjiň we Nusaýyň täsin ýadygärlikleriniň ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizilmeginiň ähmiýetini okuwçylara düşündirmegiň usulyýet tärleri. 8. Emeli aň tehnologiýalarynyň mümkinçiliklerinden we innowasion usullardan, sanly serişdelerden netijeli peýdalanmagyň usullary. 9. Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komiteti bilen bilelikde türkmen telewideniýesinde ýazgy etmek hem-de teleýaýlyma goýbermek maksady bilen, telewizion okuw sapaklaryny taýýarlamagyň usullary. 10. Dünýä medeniýeti dersi boýunça usuly birleşmäniň işini döwrebap guramagyň we alyp barmagyň iş tejribesinden. 11. Dünýä medeniýeti dersini döwrebap okatmakda milli we dünýä tejribesini peýdalanmagyň hem-de ýaýratmagyň öňdebaryjy iş tejribesinden. 12. «Türkmenistanda umumybilim maksatnamalary boýunça okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmegiň 2028-nji ýyla çenli Konsepsiýasyna» laýyklykda, dünýä medeniýeti dersini okadýan mugallymlaryň özüni kämilleşdirmegi, öz bilimini yzygiderli artdyrmagy, hünär derejesini we pedagogik ussatlygyny ýokarlandyrmagy, täze, döwrebap usullary özleşdirmegi, öňdebaryjy dünýä we milli tejribäni öwrenmegi we peýdalanmagy babatda ýerine ýetirmeli işleri.
Bilim işgärleriniň awgust usuly-amaly okuwlaryna hödürlenilýän temalar
XXII. TÜRKMENISTANYŇ MEDENI MIRASY DERSINI OKADÝAN MUGALLYMLAR ÜÇIN: 1. Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň nusgalyk kitaplaryny Türkmenistanyň medeni mirasy okuw dersinde peýdalanmagyň döwrebap usullary. 2. Ahalteke atçylyk sungatynyň we atlary bezemek däpleriniň türkmen sungatynyň naýbaşy görnüşleriniň biri hökmünde ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilmeginiň we «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparyna Monte-Karloda geçirilen halkara sirk festiwalynda sirk sungatyna goşan uly goşandy üçin halkara şahadatnamalarynyň gowşurylmagynyň ähmiýetini okuwçylara düşündirmegiň usullary. 3. Haly we haly önümleriniň sergisiniň hem-de türkmen halyşynaslarynyň bütindünýä jemgyýetiniň XXVI mejlisiniň maglumatlaryny Türkmenistanyň medeni mirasy dersinde «Halyçylyk sungaty» atly temada peýdalanmagyň usullary. 4. «Türkmenistanda umumybilim maksatnamalary boýunça okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmegiň 2028-nji ýyla çenli Konsepsiýasyna» laýyklykda, okatmagyň häzirki zaman usullaryndan peýdalanmagyň iş tejribesinden. 5. Türkmenistanyň medeni mirasy dersi boýunça sapak ýazgylaryny, ýyllyk senenamalaýyn okuw çyzgydyny bildirilýän talaplara laýyklykda taýýarlamagyň iş tejribesinden. 6. Türkmenistanyň medeni mirasy dersinden okuw-görkezme esbaplaryny, didaktiki materiallary taýýarlamagyň we olary peýdalanmagyň iş tejribesinden. 7. Türkmenistanyň medeni mirasy dersinde emeli aň tehnologiýalarynyň mümkinçiliklerinden peýdalanyp, okuwçylara täze maglumatlary öwretmegiň tärleri. 8. Okuwçylarda watançylyk, türkmen halkynyň taryhy, medeni we ruhy gymmatlyklaryna hormat goýmak duýgusyny ösdürmekde ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizilen taryhy-medeni ýadygärliklerimiz we Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna goşulan baý gymmatlyklarymyz baradaky täze bilimleri öwretmegiň öňdebaryjy iş tejribesinden. 9. Türkmenistanyň medeni mirasy dersinde okuwçylaryň innowasion tehnologiýalardan peýdalanyp bilmek başarnygyny kämilleşdirmekde we olaryň hemmetaraplaýyn ösüşini gazanmakda döwrebap sanly usullary we serişdeleri ulanmagyň ýollary. 10. Türkmenistanyň medeni mirasy dersi boýunça usuly birleşmäniň işini kämilleşdirmegiň öňdebaryjy iş tejribesinden. 11. «Bilim edaralarynda halypaçylyk işini guramagyň Gözükdirijisine» laýyklykda, halypa-şägirtlik gatnaşyklaryny ýola goýmagyň we alyp barmagyň öňdebaryjy iş tejribesinden. 12. Türkmenistanyň medeni mirasy dersini okadýan mugallymlaryň döredijilik başarnyklaryny we hünär ussatlygyny kämilleşdirmegiň netijeli usullary.
Bilim işgärleriniň awgust usuly-amaly okuwlaryna hödürlenilýän temalar
XXI. TARYH, JEMGYÝETI ÖWRENIŞ, TÜRKMENISTANYŇ DÖWLET WE HUKUK ESASLARY DERSLERINI OKADÝAN MUGALLYMLAR ÜÇIN: 1. Jemgyýetçilik bilimleri ylmy ugra degişli okuw derslerini okatmakda Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýylynda ýurdumyzyň gazanan üstünlikleri baradaky maglumatlary okuwçylara düşündirmegiň usullary. 2. Taraplaryň deňhukuklylygy, medeni we ruhy gymmatlyklaryň dürlüligine hormat goýmak ýörelgeleri esasynda Ýewraziýada ykdysady integrasiýany we hyzmatdaşlygy berkitmekde XXI asyrda Beýik Ýüpek ýolunyň hem-de «Bir guşak — bir ýol» konsepsiýasynyň ähmiýetini okuwçylara düşündirmegiň usullary. 3. Türkmenistanyň administratiw hukuk bozulmalary hakyndaky Kodeksine girizilen üýtgetmeleri we goşmaçalary okuwçylara öwretmegiň ýollary. 4. «Türkmenistanda umumybilim maksatnamalary boýunça okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmegiň 2028-nji ýyla çenli Konsepsiýasyna» laýyklykda, jemgyýetçilik bilimleri ylmy ugurly okuw derslerini okatmakda innowasion pedagogik tejribeleri we döwrebap usullary okuw işine ornaşdyrmagyň ýollary. 5. Jemgyýetçilik bilimleri ylmy ugurly okuw dersleri boýunça taslama işlerini guramak arkaly okuwçylaryň bilimlilik işjeňligini, döredijilik ukyplaryny we tankydy pikirlenmesini ösdürmegiň usullary. 6. Jemgyýetçilik bilimleri ylmy ugurly okuw derslerinde sanly serişdelerden, emeli aň tehnologiýalarynyň mümkinçiliklerinden we innowasion usullardan netijeli peýdalanmagyň ýollary. 7. Jemgyýetçilik bilimleri ylmy ugra degişli okuw derslerinde dürli didaktiki serişdelerden (çyzgylardan, tablisalardan, diagrammalardan, klasterlerden) peýdalanmagyň usullary (iş tejribesinden). 8. Jemgyýetçilik bilimleri ylmy ugra degişli okuw derslerini okadýan mugallymlaryň hünär başarnyklaryny, pedagogik ussatlyklaryny kämilleşdirmegiň we öňdebaryjy iş tejribelerini ýaýratmagyň usullary. 9. Jemgyýetçilik bilimleri ylmy ugurly okuw derslerinde okuwçylaryň bilimlilik işjeňligini ösdürmekde dersara baglanyşygy peýdalanmagyň ähmiýeti. 10. Ýöriteleşdirilen orta mekdeplerde ynsanperwerlik-durmuş ugurly okuw derslerini çuňlaşdyryp öwretmegiň aýratynlyklary hem-de öňdebaryjy iş tejribesi. 11. Jemgyýetçilik bilimleri ylmy ugra degişli okuw dersleriniň okuw maksatnamalarynyň mazmunyny we täze neşir edilýän okuw kitaplaryny usulyýet taýdan kämilleşdirmegiň ýollary. 12. PISA halkara baha beriş bilim maksatnamasynyň talaplaryna laýyklykda, jemgyýetçilik bilimleri ylmy ugurly okuw derslerinde okuwçylaryň funksional sowatlylygyny kemala getirmegiň usulyýeti.
Bilim işgärleriniň awgust usuly-amaly okuwlaryna hödürlenilýän temalar
XX. YKDYSADYÝETIŇ ESASLARY DERSINI OKADÝAN MUGALLYMLAR ÜÇIN: 1. Hormatly Prezidentimiziň «Ýaşlar — Watanyň daýanjy», «Änew — müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýet», «Magtymguly — dünýäniň akyldary», «Türkmenistanyň Bitaraplygy — parahatçylygyň we ynanyşmagyň aýdyň ýoly» atly nusgalyk kitaplaryny ykdysadyýetiň esaslary sapaklarynda peýdalanmagyň usullary. 2. Ykdysadyýetiň esaslary dersinde «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasyna» laýyklykda, milli ykdysadyýetiň ösüşi baradaky zerur maglumatlary okuwçylara öwretmegiň usullary. 3. «Türkmenistanda umumybilim maksatnamalary boýunça okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmegiň 2028-nji ýyla çenli Konsepsiýasyny» durmuşa geçirmekde ykdysadyýetiň esaslary dersini okadýan mugallymlaryň öňünde durýan wezipeler. 4. «Türkmenistanda umumybilim maksatnamalary boýunça okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmegiň 2028-nji ýyla çenli Konsepsiýasyna» laýyklykda, ykdysadyýetiň esaslary dersini okatmagyň usulyýetini nazaryýet we tejribe taýdan döwrebaplaşdyrmagyň ýollary. 5. Ösüp gelýän ýaş nesle döwrebap bilim we terbiýe bermekde, olaryň maliýe sowatlylygyny ösdürmekde ykdysadyýetiň esaslary dersini okadýan mugallymlaryň döredijilik başarnyklaryny hem-de ussatlygyny has-da kämilleşdirmegiň ýollary. 6. Ykdysadyýetiň esaslary dersi boýunça okuwçylaryň ylmy-gözleg başarnyklaryny kemala getirmek üçin dürli maglumat çeşmeleri bilen özbaşdak işlemek başarnyklaryny we şahsy pikirlenmesini ösdürmekde okatmagyň häzirki zaman usullaryndan peýdalanmagyň ýollary. 7. Okuwçylarda maliýe sowatlylygyny we şahsy býujeti dolandyrmak ukyplaryny kemala getirmegiň usullary. 8. Sanly bank hyzmatlary, elektron tölegler we kiberhowpsuzlyk düzgünlerini ykdysadyýetiň esaslary dersinde öwretmegiň usullary. 9. Ykdysadyýetiň esaslary dersinde sanly ykdysadyýet we emeli aň düşünjelerini öwretmegiň ýollary. 10. Bilim ulgamynda okuwçylara innowasion tehnologiýalar, telekeçiligiň esaslary barada düşündirmegiň ýollary. 11. Ykdysadyýetiň esaslary dersi boýunça usuly birleşmäniň iş meýilnamasyna laýyklykda, okuw-usulyýet toplumlaryň taýýarlanylyşy we olardan sapaklarda hem-de sapakdan daşary işlerde peýdalanmagyň öňdebaryjy iş tejribesinden. 12. «Bilim edaralarynda halypaçylyk işini guramagyň Gözükdirijisine» laýyklykda, ykdysadyýetiň esaslary dersini okadýan tejribeli mugallymlar bilen ýaş bilim işgärleriniň arasynda halypa-şägirtlik gatnaşyklarynyň talabalaýyk ýola goýluşy.
Bilim işgärleriniň awgust usuly-amaly okuwlaryna hödürlenilýän temalar
XIX. GEOGRAFIÝA DERSINI OKADÝAN MUGALLYMLAR ÜÇIN: 1. «Türkmenistanda umumybilim maksatnamalary boýunça okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmegiň 2028-nji ýyla çenli Konsepsiýasyna» laýyklykda, geografiýa dersini okatmagyň hilini we netijeliligini ýokarlandyrmagyň ýollary. 2. «Türkmenistanda umumybilim maksatnamalary boýunça okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmegiň 2028-nji ýyla çenli Konsepsiýasyndan» gelip çykýan wezipelere laýyklykda, PISA, TIMSS, PIRLS halkara bilim maksatnamalarynyň görkezijilerini milli bilim ulgamyna ornaşdyrmakda geografiýa dersine degişli sowallary taýýarlamagyň netijeli usullary (iş tejribesinden). 3. «Türkmenistanda umumybilim maksatnamalary boýunça okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmegiň 2028-nji ýyla çenli Konsepsiýasyna» laýyklykda, geografiýa sapaklarynda sanly serişdeleriň ulanylyşy. 4. Geografiýa dersiniň okadylyş usulyýetini kämilleşdirmekde sanly tehnologiýalaryň we emeli aňyň orny. 5. Geografiýa sapaklarynda STEM usulynyň ulanylyşy. 6. Geografiýa dersini okatmakda okuw-görkezme esbaplaryndan peýdalanmagyň iş tejribesinden. 7. Geografiýa dersinden okuwçylary ylmy döredijilige höweslendirmegiň, halkara we döwlet ders hem-de taslama bäsleşiklerine taýýarlamagyň netijeli usullary. 8. Geografiýa sapaklarynda mental kartalary (akyl kartalary) düzmegiň usullary. 9. Geografiýa dersi boýunça okuwçylar üçin wiktorinalary, kwiz we interaktiw oýunlary peýdalanmagyň ähmiýeti. 10. Geografiýa sapaklarynda «Türkmenistanyň Merkezi Aziýada ykdysady-geografik we syýasy-geografik ýerleşişi» diýen temany öwretmegiň iş tejribesinden. 11. Geografiýa dersini okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmegiň esasynda okuwçylaryň öwrenijilik işjeňligini, özbaşdak pikirleniş endiklerini ösdürmegiň usullary. 12. Umumybilim maksatnamalary boýunça geografiýa dersini okatmakda dersara baglanyşygyny üpjün etmegiň usulyýeti.
Bilim işgärleriniň awgust usuly-amaly okuwlaryna hödürlenilýän temalar
XVIII. EKOLOGIÝA DERSINI OKADÝAN MUGALLYMLAR ÜÇIN: 1. «Türkmenistanda umumybilim maksatnamalary boýunça okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmegiň 2028-nji ýyla çenli Konsepsiýasynda» milli bilim ulgamyny mundan beýläk hem ösdürmek we bilime dünýä tejribesiniň gazananlaryny ornaşdyrmak babatda öňde goýlan wezipeleri durmuşa ornaşdyrmakda ekologiýa mugallymlarynyň öňünde durýan wezipeler. 2. «Türkmenistanda umumybilim maksatnamalary boýunça okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmegiň2028-nji ýyla çenli Konsepsiýasyna» laýyklykda, ekologiýa sapaklaryny Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň nusgalyk kitaplarynda beýan edilen pedagogik ýörelgelerden ugur alyp okatmagyň usullary. 3. «Türkmenistanda umumybilim maksatnamalary boýunça okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmegiň 2028-nji ýyla çenli Konsepsiýasyna» laýyklykda, PISA, PIRLS, TIMSS halkara bilim maksatnamalaryny milli bilim ulgamyna ornaşdyrmak boýunça ekologiýa mugallymlarynyň öňünde durýan wezipeler. 4. Hormatly Prezidentimiziň daşky gurşawy goramak, döwletimiziň ekologik abadançylygyny üpjün etmek syýasatynyň durmuşa geçirilişi baradaky bilimleriň ekologiýa sapaklarynda öwredilişi. 5. Işjeň usullardan we sanly serişdelerden peýdalanyp, ekologiýa sapaklarynyň okadylyşyny kämilleşdirmegiň ýollary (iş tejribesinden). 6. Ekologiýa sapaklarynda innowasion pedagogik tehnologiýalary hem-de döwrebap okuw-didaktiki serişdeleri ulanmagyň usullary. 7. Ekologiýa dersinden okuwçylara ekologik adalgalaryň we kanunlaryň innowasion tehnologiýalar arkaly öwredilişi. 8. Ekologiýa sapaklarynda okuwçylaryň ekologik sowatlylygyny we medeniýetini ösdürmegiň usullary. 9. Ekologiýa dersinden okuwçylaryň bilimlerini we başarnyklaryny barlamagyň döwrebap usullary. 10. Ekologiýa dersini okatmakda okuw-görkezme esbaplaryndan peýdalanmagyň iş tejribesinden. 11. Ekologiýa dersiniň okadylyş usulyýetini kämilleşdirmekde sanly tehnologiýalaryň we emeli aňyň orny. 12. Ekologiýa sapaklarynda STEM usulynyň ulanylyşy.
Bilim işgärleriniň awgust usuly-amaly okuwlaryna hödürlenilýän temalar
XVII. HIMIÝA DERSINI OKADÝAN MUGALLYMLAR ÜÇIN: 1. «Türkmenistanda umumybilim maksatnamalary boýunça okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmegiň 2028-nji ýyla çenli Konsepsiýasyny» amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň Meýilnamasynda bellenilen wezipeleri durmuşa geçirmekde himiýa mugallymlary tarapyndan alnyp barylýan işler. 2. Mekdep okuwçylarynyň bilim derejelerini bahalandyrýan PISA, PIRLS, TIMSS halkara bilim maksatnamalarynyň görkezijilerini iş tejribä ornaşdyrmak babatynda himiýa mugallymlarynyň öňünde durýan wezipeler. 3. Himiýa sapaklarynda we synpdan daşary işlerde STEM tehnologiýalarynyň ulanylyşy. 4. Himiýa sapaklarynda okuwçylarda ylmy dünýägaraýşy kemala getirmegiň usullary. 5. Himiýa dersi okadylanda dersara baglanyşygy üpjün etmegiň usulyýeti. 6. Mekdep okuwçylaryny himiýa dersinden döwlet we halkara bäsleşiklerine taýýarlamagyň usullary. 7. Himiýa sapaklarynda «Suwuň elektrolit hökmünde dissosiasiýasy. Wodorod ionlarynyň konsentrasiýasy» diýen temany öwretmegiň iş tejribesinden. 8. Himiýa sapaklarynda «Uglewodlar» temasyny öwretmegiň iş tejribesinden. 9. Himiýa sapaklarynda «Himiki baglanyşyk we onuň görnüşleri» diýen tema degişli meseleleri çözmegi öwretmegiň ýollary. 10. Himiýa mugallymlarynyň «Öz-özüňi kämilleşdirmek depderini» ýöretmeginiň iş tejribesinden. 11. Himiýa sapaklarynda okuwçylaryň logiki pikirlenmek başarnyklarynyň ösdürilişi. 12. Döredijilikli işleýän himiýa mugallymlarynyň iş tejribeleriniň öwrenilişi we ýaýradylyşy.
Bilim işgärleriniň awgust usuly-amaly okuwlaryna hödürlenilýän temalar
XVI. ÝAŞAÝYŞ-DURMUŞ ESASLARY DERSINI OKADÝAN MUGALLYMLAR ÜÇIN: 1. «Türkmenistanda umumybilim maksatnamalary boýunça okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmegiň2028-nji ýyla çenli Konsepsiýasynda» milli bilim ulgamyny mundan beýläk hem ösdürmek we bilime dünýä tejribesiniň gazananlaryny ornaşdyrmak babatda öňde goýlan wezipeleri durmuşa geçirmekde ýaşaýyş-durmuş esaslary dersini okadýan mugallymlaryň öňünde durýan wezipeler. 2. «Türkmenistanda umumybilim maksatnamalary boýunça okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmegiň 2028-nji ýyla çenli Konsepsiýasyna» laýyklykda, ýaşaýyş-durmuş esaslary dersi boýunça sapaklaryGahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň nusgalyk kitaplarynda beýan edilen pedagogik ýörelgelerden ugur alyp okatmagyň usulyýet tärleri. 3. Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzda daşky gurşawy goramak, ekologik abadançylygy üpjün etmek syýasatynyň durmuşa geçirilişi baradaky döwrebap bilimleriň ýaşaýyş-durmuş esaslary sapaklarynda okuwçylara öwredilişi. 4. «Türkmenistanda umumybilim maksatnamalary boýunça okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmegiň 2028-nji ýyla çenli Konsepsiýasyna» laýyklykda, PISA, PIRLS, TIMSS halkara bilim maksatnamalaryny milli bilim ulgamyna ornaşdyrmak boýunça ýaşaýyş-durmuş esaslary mugallymlarynyň öňünde durýan wezipeler. 5. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň we hormatly Prezidentimiziň saglyk hem-de jemgyýetimize sagdyn durmuş ýörelgelerini ornaşdyrmak syýasatynyň durmuşa geçirilişi baradaky bilimleri ýaşaýyş-durmuş esaslary sapaklarynda okuwçylara öwretmegiň usullary. 6. «Türkmenistanda umumybilim maksatnamalary boýunça okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmegiň 2028-nji ýyla çenli Konsepsiýasyna» laýyklykda, okuwçylara ýaşaýyş-durmuş esaslary dersinden bilimleri medeni we ruhy gymmatlyklarymyz bilen baglanyşdyryp öwretmegiň ýollary. 7. Okatmagyň işjeň usullaryndan we innowasion tehnologiýalaryň mümkinçiliklerinden peýdalanyp, ýaşaýyş-durmuş esaslary dersi boýunça sapaklaryň okadylyşyny kämilleşdirmegiň hem-de okuwçylara berilýän bilimiň hilini gowulandyrmagyň ýollary. 8. Ýaşaýyş-durmuş esaslary dersinden synpdan daşary okuw-terbiýeçilik işlerini geçirmegiň häzirki zaman usullaryny peýdalanmagyň öňdebaryjy iş tejribesinden. 9. Ýaşaýyş-durmuş esaslary dersinde «Nädogry iýmitlenmek netijesinde döreýän keseller we olaryň öňüni alyş çäreleri» diýen temany öwretmegiň usulyýet aýratynlyklary (iş tejribesinden). 10. Ýaşaýyş-durmuş esaslary dersinde klimatyň älem möçberli üýtgeýän şertlerinde «Adatdan daşary ýagdaýlar ýüze çykanda özüňi alyp barmagyň umumy düzgünleri» diýen temanyň öwredilişi (iş tejribesinden). 11. Ýaşaýyş-durmuş esaslary dersinden okuwçylaryň zehinini we başarnyklaryny ýüze çykarmagyň döwrebap usullary. 12. Ýaşaýyş-durmuş esaslary dersinde okuwçylara howanyň ählumumy üýtgemeginiň adam saglygyna edýän täsirleri baradaky döwrebap bilimleri öwretmegiň usullary.
Bilim işgärleriniň awgust usuly-amaly okuwlaryna hödürlenilýän temalar
XV. BIOLOGIÝA DERSINI OKADÝAN MUGALLYMLAR ÜÇIN: 1. «Türkmenistanda umumybilim maksatnamalary boýunça okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmegiň 2028-nji ýyla çenli Konsepsiýasynda» milli bilim ulgamyny mundan beýläk hem ösdürmek we bilime dünýä tejribesiniň gazananlaryny ornaşdyrmak babatda öňde goýlan wezipeleri durmuşa geçirmekde biologiýa mugallymlarynyň öňünde durýan wezipeler. 2. «Türkmenistanda umumybilim maksatnamalary boýunça okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmegiň2028-nji ýyla çenli Konsepsiýasyna» laýyklykda, biologiýa sapaklaryny Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň nusgalyk kitaplarynda beýan edilen pedagogik ýörelgelerden ugur alyp okatmagyň usullary. 3. «Türkmenistanda umumybilim maksatnamalary boýunça okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmegiň2028-nji ýyla çenli Konsepsiýasyna» laýyklykda, PISA, PIRLS, TIMSS halkara bilim maksatnamalaryny milli bilim ulgamyna ornaşdyrmak boýunça biologiýa mugallymlarynyň öňünde durýan wezipeler. 4. Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzda daşky gurşawy goramak, ekologik abadançylygy üpjün etmek syýasatynyň durmuşa geçirilişi baradaky döwrebap bilimleriň okuwçylara biologiýa sapaklarynda öwredilişi. 5. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň we hormatly Prezidentimiziň saglyk hem-de jemgyýetimize sagdyn durmuş ýörelgesini ornaşdyrmak syýasatynyň durmuşa geçirilişi baradaky bilimleri okuwçylara biologiýa sapaklarynda öwretmegiň usulyýet tärleri. 6. «Türkmenistanda umumybilim maksatnamalary boýunça okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmegiň 2028-nji ýyla çenli Konsepsiýasynda» kesgitlenen maksatlara we wezipelere laýyklykda, biologiýa dersinden synpdan daşary okuw-terbiýeçilik işlerini sanly tehnologiýalaryň mümkinçiliklerinden peýdalanyp geçirmegiň usullary. 7. «Türkmenistanda umumybilim maksatnamalary boýunça okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmegiň2028-nji ýyla çenli Konsepsiýasyna» laýyklykda, okuwçylara biologiýadan bilimleri medeni we ruhy gymmatlyklarymyz bilen baglanyşdyryp öwretmegiň usullary. 8. «Türkmenistanda umumybilim maksatnamalary boýunça okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmegiň2028-nji ýyla çenli Konsepsiýasyna» laýyklykda, biologiýa sapaklarynda ýaş nesle watançylyk terbiýesini bermegiň usulyýet tärleri. 9. Okatmagyň işjeň usullaryndan we sanly serişdelerden peýdalanyp, biologiýa sapaklarynyň okadylyşyny kämilleşdirmegiň ýollary (iş tejribesinden). 10. Biologiýa sapaklarynda STEM usulynyň ulanylyşy. 11. Biologiýa sapaklarynda «Älem möçberinde we öz ýurdumyzda klimatyň maýylganlyga tarap üýtgemeginiň janly tebigata edýän täsiri» diýen temany okuwçylara öwretmegiň usulyýet tärleri (iş tejribesinden). 12. Biologiýadan okuwçylary ylmy döredijilige höweslendirmegiň, halkara we döwlet ders hem-de taslama bäsleşiklerine taýýarlamagyň netijeli usullary.
Bilim işgärleriniň awgust usuly-amaly okuwlaryna hödürlenilýän temalar
XIV. INFORMATIKA, MODELIRLEME WE GRAFIKA, INFORMASIÝA-KOMMUNIKASIÝA WE INNOWASION TEHNOLOGIÝALAR DERSLERINI OKADÝAN MUGALLYMLAR ÜÇIN: 1. Kiberpedagogikanyň taksonomiýasynyň görkezijileri. 2. Okuw amallarynyň netijeliligini üpjün etmegiň sanly ulgamlary. 3. Okuwçylary ders bäsleşiklerine taýýarlamagyň çemeleşmeleriniň bahalandyrmasy. 4. Umumybilim maksatnamalary boýunça okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmegiň çemeleşmeleri. 5. Bilim edarasyny sanlylaşdyrmagyň maglumat üpjünçiligi. 6. Umumybilim maksatnamalarynyň başlangyç bilim derejesinde sanly ulgamlaryň ulanylyşy. 7. Esasy orta bilim derejesiniň maksatnamasy boýunça okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmekde netijeli tehnologiýalaryň ornaşdyrylyşy. 8. Umumybilim maksatnamalary boýunça okuw-terbiýeçilik işlerinde sanly serişdeleriň mümkinçiliklerini peýdalanmagyň gerimini giňeltmegiň ýollary. 9. Umumybilim maksatnamalarynyň doly orta bilim derejesinde okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmekde kiberpedagogikanyň mümkinçilikleri. 10. Häzirki zaman didaktiki modelleriniň seljermesi. 11. Mekdepden daşary we goşmaça bilim maksatnamalary boýunça okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmekde emeli gurşawlary peýdalanmagyň mümkinçilikleri. 12. Sanly didaktikanyň häzirki zaman serişdeleriniň görkezijileriniň bahalandyrmasy.
Bilim işgärleriniň awgust usuly-amaly okuwlaryna hödürlenilýän temalar
XIII. FIZIKA WE ASTRONOMIÝA DERSLERINI OKADÝAN MUGALLYMLAR ÜÇIN: 1. Hormatly Prezidentimiziň «Ýaşlar — Watanyň daýanjy», «Änew — müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýet», «Magtymguly — dünýäniň akyldary», «Türkmenistanyň Bitaraplygy — parahatçylygyň we ynanyşmagyň aýdyň ýoly» atly kitaplarynyň ýaşlary watansöýüjilik ruhunda terbiýelemekde peýdalanylyşy. 2. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýaşlara döwrebap bilim-terbiýe bermekde Gahryman Arkadagymyzyň «Ömrümiň manysynyň dowamaty» atly kitabynyň ähmiýeti. 3. Fizika we astrоnomiýa sapaklarynda innowasion tehnologiýalary we sanly bilim serişdelerini netijeli peýdalanmagyň usullary. 4. Fizika we astrоnomiýadan paýlama ýumuşlaryň we barlagnamalaryň sapagy berkitmekdäki ähmiýeti. 5. Fizika we astronomiýa sapaklarynda geçilenleri gaýtalamakda Gündogaryň alymlarynyň bu ugurda bitiren işlerini peýdalanmagyň ähmiýeti. 6. Fizika dersinden okuwçylaryň özbaşdak tejribe işlerini geçirmekde okuw –görkezme esbaplaryň ähmiýeti. 7. «Türkmen Älem 520E» emeli hemrasynyň ýurdumyzyň tebigy baýlyklaryny gözläp tapmakdaky we aragatnaşyk ulgamyny ösdürmekdäki ähmiýetini fizika we astronomiýa sapaklarynda peýdalanmak. 8. «Türkmenistanda umumybilim maksatnamalary boýunça okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmegiň 2028-nji ýyla çenli Konsepsiýasyny» durmuşa geçirmekde fizika hem-de astronomiýa mugallymlarynyň öňünde durýan wezipeler. 9. Okuwçylaryň öwrenijilik işjeňligini, konstruktorçylyk ukybyny, özbaşdak pikirleniş endiklerini ösdürmekde fizika we astronomiýa sapaklarynyň ähmiýeti. 10. Okuwçylary fizikadan özbaşdak ylmy-döredijilik işine höweslendirmekde internet maglumatlarynyň ähmiýeti. 11. Fizika we astronomiýa dersleri boýunça usuly birleşmäniň işiniň meýilleşdirilişiniň iş tejribesinden. 12. Fizika we astronomiýa derslerinde okatmagy kämilleşdirmekde dersara baglanyşygynyň ähmiýeti.
Bilim işgärleriniň awgust usuly-amaly okuwlaryna hödürlenilýän temalar
XII. MATEMATIKA DERSINI OKADÝAN MUGALLYMLAR ÜÇIN: 1. «Türkmenistanda umumybilim maksatnamalary boýunça okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmegiň 2028-nji ýyla çenli Konsepsiýasyny» amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň Meýilnamasynda bellenilen wezipeleri durmuşa geçirmekde matematika mugallymlary tarapyndan alnyp barylýan işler. 2. Mekdep okuwçylarynyň matematika dersi boýunça bilim derejelerini bahalandyrýan PISA, PIRLS, TIMSS halkara bilim maksatnamalarynyň görkezijilerini iş tejribä ornaşdyrmak babatynda matematika mugallymlarynyň öňünde durýan wezipeler. 3. Matematika sapaklarynda innowasion tehnologiýalaryň we internet maglumatlarynyň okuw-terbiýeçilik işine ornaşdyrylyşy. 4. Okuwçylarda matematiki sözleýiş medeniýetini terbiýelemegiň ýollary. 5. Matematikadan okuwçy depderlerini ýöretmegiň we barlamagyň ýeke-täk talaplarynyň berjaý edilişi. 6. Matematika dersi boýunça mazmuny baýlaşdyrylan okuw maksatnamalary we täze neşir edilen okuw kitaplary bilen işlemegiň iş tejribesinden. 7. Matematika sapaklarynda okuwçylaryň bilimlerini we başarnyklaryny bahalandyrmagyň we ýetişiklerine gözegçilik etmegiň usullary. 8. 2025 — 2026-njy okuw ýylynda umumybilim berýän mekdeplerde matematika dersinden geçirilen jemleýji döwlet synagynyň netijelerini ara alyp maslahatlaşmak. 9. Matematika sapaklarynda STEM tehnologiýalarynyň ulanylyşy. 10. Sapaklarda we synpdan daşary işlerde okuwçylary meşhur türkmen matematikleriniň ömri we döredijiligi, galdyran mirasy bilen tanyşdyrmagyň ýollary. 11. Matematikadan okuwçylary ylmy döredijilige höweslendirmegiň, taslama we halkara ders bäsleşiklerine taýýarlamagyň netijeli usullary. 12. Işjeň usullardan we sanly serişdelerden peýdalanyp, matematika sapaklarynyň okadylyşyny kämilleşdirmegiň ýollary.
Bilim işgärleriniň awgust usuly-amaly okuwlaryna hödürlenilýän temalar
XI. DAŞARY ÝURT DILINI OKADÝAN MUGALLYMLAR ÜÇIN: 1. «Türkmenistanda umumybilim maksatnamalary boýunça okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmegiň 2028-nji ýyla çenli Konsepsiýasyny» durmuşa ornaşdyrmak boýunça daşary ýurt dili mugallymlarynyň alyp barýan işleri (iş tejribesinden). 2. Daşary ýurt dillerini okatmagyň innowasion usullary we olary okuw işinde netijeli ulanmagyň ýollary (iş tejribesinden). 3. Daşary ýurt dillerini okatmakda infografikany peýdalanmagyň iş tejribesinden. 4. Okuwçylara daşary ýurt dilleriniň fonetiki aýratynlyklaryny öwretmegiň usullary (iş tejribesinden). 5. Daşary ýurt dillerini okatmagy halkara bilim meýilnamalary bilen utgaşdyrmagyň usullary. 6. Daşary ýurt dilinde kommunikatiw endikleri we başarnyklary kemala getirmekde we ösdürmekde «Daşary ýurt dili gurnagynyň» ähmiýeti (iş tejribesinden). 7. Okuwçylary daşary ýurt dilleri boýunça bäsleşiklere taýýarlamagyň iş tejribesinden. 8. Daşary ýurt dillerini öwretmekde okuwçylary höweslendirmegiň ýollary. 9. Daşary ýurt dilleri boýunça döredijilik işi okuwlaryny guramagyň we geçirmegiň ýollary (iş tejribesinden). 10. Daşary ýurt dilleri sapaklarynyň üsti bilen ýokary synplaryň okuwçylaryny hünär saýlamaga ugrukdyrmagyň ýollary. 11. Ýöriteleşdirilen mekdeplerde daşary ýurt dillerini öwretmegiň aýratynlyklary (iş tejribesinden). 12. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe daşary ýurt dili mugallymlarynyň hünär derejesini ýokarlandyrmagyň we pedagogik ussatlygyny kämilleşdirmegiň ýollary.
Bilim işgärleriniň awgust usuly-amaly okuwlaryna hödürlenilýän temalar
X. ДЛЯ УЧИТЕЛЕЙ РУССКОГО ЯЗЫКА: 1. «Концепция совершенствования методики обучения по общеобразовательным программам в Туркменистане до 2028 года», как важный шаг на пути модернизации системы образования. 2. Особенности обучения русскому языку как иностранному. 3. Организация и проведение проектных работ по русскому языку и литературе (из опыта работы). 4. Пути формирования знаний, навыков и умений по русскому языку на основе овладения лингвистической и экстралингвистической информациями. 5. Организация и проведение творческих работ по русскому языку и литературе (из опыта работы). 6. Инновационные подходы к обучению русскому языку. 7. Роль кружков развития речи при оптимизации процесса обучения русскому языку (из опыта работы). 8. Аудирование как важный этап формирования и развития коммуникативных навыков при обучении русскому языку. 9. Нравственно-патриотическое воспитание на уроках русского языка и литературы (из опыта работы). 10. Применение инфографики для оптимизации процесса обучения русскому языку. 11. Мотивация и развитие познавательного интереса у учащихся как важный фактор формирования коммуникативных навыков и умений на русском языке. 12. Школьное сочинение как вид творческой работы.
Bilim işgärleriniň awgust usuly-amaly okuwlaryna hödürlenilýän temalar
IX. TÜRKMEN DILI WE EDEBIÝAT DERSLERINI OKADÝAN MUGALLYMLAR ÜÇIN: 1. «Türkmenistanda umumybilim maksatnamalary boýunça okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmegiň 2028-nji ýyla çenli Konsepsiýasyny» durmuşa ornaşdyrmak boýunça türkmen dili we edebiýat mugallymlarynyň alyp barýan işleri. 2. Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň nusgalyk kitaplarynyň many-mazmunynyň esasynda ýaş nesilde Watana we milli gymmatlyklarymyza bolan buýsanjy kemala getirmegiň usullary. 3. Türkmen dili we edebiýat derslerini okatmakda häzirki zaman pedagogik tehnologiýalardan peýdalanmagyň iş tejribesinden. 4. Türkmen dili we edebiýat mugallymlarynyň hünär derejesini ýokarlandyrmagyň we mugallymçylyk ussatlygyny kämilleşdirmegiň usullary. 5. Edebiýat dersinden taslama (döredijilik) işlerini ýerine ýetirmegiň usullary (iş tejribeden). 6. Okuwçylary türkmen dili we edebiýat dersleri boýunça bäsleşiklere taýýarlamagyň iş tejribesinden. 7. Rus dilinde okadylýan synplarda okuwçylaryň türkmen dilinden sözleýşini we kommunikatiw endiklerini ösdürmegiň iş tejribesinden. 8. Okuwçylary türkmen dili we edebiýat dersleri boýunça döredijilik işine ugrukdyrmagyň usullary. 9. Türkmen dili we edebiýat derslerinde okuwçylaryň sözleýiş we ýazuw endiklerini kämilleşdirmegiň iş tejribesinden. 10. Türkmen dili we edebiýat derslerini okatmakda okuwçylara bilim bermegiň, terbiýelemegiň we amaly başarnyklaryny kemala getirmegiň iş tejribesinden. 11. Türkmen dili we edebiýat dersleri boýunça mekdepden we sapakdan daşary çäreleri guramagyň hem-de geçirmegiň iş tejribesinden. 12. Türkmen dili we edebiýat dersleri boýunça okuwçylaryň bilimlerini bahalandyrmagyň häzirki zaman usullary.
Bilim işgärleriniň awgust usuly-amaly okuwlaryna hödürlenilýän temalar
VIII. BAŞLANGYÇ SYNP MUGALLYMLARY ÜÇIN: 1. «Türkmenistanda umumybilim maksatnamalary boýunça okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmegiň 2028-nji ýyla çenli Konsepsiýasyna» laýyklykda, ýaş nesle berilýän bilimiň hilini we netijeliligini ýokarlandyrmak boýunça başlangyç synp mugallymlarynyň öňünde durýan wezipeler we olaryň durmuşa geçirilişi. 2. Başlangyç synp mugallymlarynyň hünär derejesini ýokarlandyrmakda we pedagogik ussatlygyny kämilleşdirmekde halypa-şägirtlik gatnaşyklaryny guramagyň we alyp barmagyň ýollary. 3. Başlangyç synp okuwçylarynyň teksti okamaklarynyň we oňa düşünmekleriniň hilini, netijeliligini halkara maksatnamalarynyň görkezijilerine laýyklykda ýokarlandyrmagyň, çagalaryň sowatlylygyny ösdürmegiň usullary. 4. Başlangyç synplarda okuw-terbiýeçilik işlerini özara utgaşdyrylan (integrirlenen) usullar, öňdebaryjy milli we halkara tejribäni, sanly tehnologiýalary peýdalanyp guramagyň ýollary. 5. Matematika sapaklarynda okuwçylaryň ýatdan hasaplamak endikleriniň ösdürilişi (öňdebaryjy iş tejribesinden). 6. Başlangyç synplaryň okuw-terbiýeçilik işlerinde «Türkmenistanda umumybilim maksatnamalary boýunça okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmegiň 2028-nji ýyla çenli Konsepsiýasyndan» gelip çykýan wezipelere laýyklykda, okuw-terbiýeçilik işlerinde interaktiw, tankydy pikirlenmek, türgenleşik geçirmek ýaly innowasion pedagogik tehnologiýalary peýdalanmagyň ýollary. 7. Okuwçylaryň psihologik we fiziologik ýaş aýratynlyklaryny nazarda tutmak bilen, umumybilim maksatnamalarynyň başlangyç bilim derejesinden başlap, okuw-terbiýeçilik işinde başarjaňlyk çemeleşmesinden we aýratynlykda çemeleşmek usulyndan peýdalanmagyň ýollary. 8. Okuw-terbiýeçilik işlerinde okuwçylarda kitap okamaga höwesi döretmegiň we çagalaryň ýatdan hasaplamak endiklerini, ýatkeşligini, özbaşdak pikirlenişini ösdürmäge gönükdirilen işleri alyp barmagyň ýollary. 9. Gahryman Arkadagymyzyň «Hakyda göwheri» atly kitabynyň many-mazmunyny başlangyç synplaryň okuwçylaryna öwretmekde sanly tehnologiýalardan peýdalanmagyň usullary. 10. Sowat öwretmek döwründe 1-nji synp okuwçylaryna milli türkmen elipbiýini kämil öwretmekde innowasion tehnologiýalardan, halk döredijiliginden, milli mirasymyzdan netijeli peýdalanmagyň öňdebaryjy iş tejribesinden. 11. «Türkmenistanda umumybilim maksatnamalary boýunça okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmegiň 2028-nji ýyla çenli Konsepsiýasynyň» esasynda mekdebe çenli bilim bilen başlangyç bilimiň üznüksiz arabaglanyşygyny ýola goýmagyň iş tejribesinden. 12. Başlangyç synplaryň matematika sapaklarynda okuwçylaryň logiki pikirleniş başarnyklaryny kämilleşdirmekde dünýä tejribesinden, milli mirasymyzdan we innowasion tehnologiýalardan peýdalanmagyň usullary.
Bilim işgärleriniň awgust usuly-amaly okuwlaryna hödürlenilýän temalar
VII. MEKDEBE ÇENLI ÇAGALAR EDARALARYNYŇ TERBIÝEÇILERI, MUGALLYMLARY WE ŞEPAGAT UÝALARY ÜÇIN: 1. «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasyndan» we «Türkmenistanda umumybilim maksatnamalary boýunça okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmegiň 2028-nji ýyla çenli Konsepsiýasyndan» gelip çykýan wezipeleri mekdebe çenli çagalar edaralarynda amal etmegiň ýollary. 2. Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň nusgalyk kitaplarynyň mekdebe çenli çagalar edaralarynyň körpelerine milli ruhda bilim-terbiýe bermek işindäki orny we ähmiýeti. 3. «Türkmenistanda umumybilim maksatnamalary boýunça okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmegiň 2028-nji ýyla çenli Konsepsiýasynda» kesgitlenen maksatlary we wezipeleri ýerine ýetirmekde mekdebe çenli çagalar edaralarynyň pedagogik işgärleriniň öňünde durýan wezipeler hem-de olary ýerine ýetirmegiň ýollary. 4. «Türkmenistanda umumybilim maksatnamalary boýunça okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmegiň 2028-nji ýyla çenli Konsepsiýasynda» beýan edilen saglygy goraýyş, sungat, portfolio, oýun tehnologiýalaryny okuw-terbiýeçilik işlerinde peýdalanmagyň ýollary. 5. Matematika ugruna ýöriteleşdirilen çagalar baglarynda okuw-terbiýeçilik işlerini alyp barmagyň aýratynlyklary. 6. «Türkmenistanda umumybilim maksatnamalary boýunça okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmegiň 2028-nji ýyla çenli Konsepsiýasyndan» gelip çykýan wezipelere laýyklykda, mekdebe çenli çagalar edaralarynyň okuw-terbiýeçilik işlerinde saglygy goraýyş tehnologiýalarynyň orny. 7. Mekdebe çenli çagalar edaralarynyň okuw-terbiýeçilik işlerini innowasion pedagogik tehnologiýalar esasynda guramagyň we mekdebe taýýarlygyň netijeliligini ýokarlandyrmagyň ýollary. 8. Ösüp gelýän ýaş nesli milli ruhda terbiýelemekde, olara döwrebap bilim bermekde halk döredijiliginiň orny we ähmiýeti. 9. Mekdebe çenli çagalar edaralarynda sanly tehnologiýalary ornaşdyrmak arkaly daşary ýurt dillerini öwretmegi kämilleşdirmegiň usullary. 10. Ösüp gelýän ýaş nesle sungat terbiýesini bermek maksady bilen, aýdym-saz sapaklaryny döwrüň talaplaryna laýyklykda guramagyň ýollary. 11. Mekdebe çenli çagalar edaralarynda sapakdan daşary geçirilýän okuw-terbiýeçilik işlerini döwrebap guramagyň usullary. 12. Saglygy dikeldiş okuw-terbiýeçilik toplumlarynyň pedagogik işgärleriniň hünär derejesini ýokarlandyrmagyň we mugallymçylyk ussatlygyny kämilleşdirmegiň häzirki zaman usullary.
Bilim işgärleriniň awgust usuly-amaly okuwlaryna hödürlenilýän temalar
VI. MEKDEBE ÇENLI ÇAGALAR EDARALARYNYŇ TERBIÝEÇI-USULYÝETÇILERI ÜÇIN: 1. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe «Bilim hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna (rejelenen görnüşi) we döwlet bilim standartynyň talaplaryna we bilim özgertmelerine degişli kabul edilen beýleki hukuk namalara laýyklykda, ösüp gelýän ýaş nesle dünýä ülňülerine laýyk milli ruhda terbiýe we bilim bermek işini kämilleşdirmegiň ýollary. 2. «Türkmenistanda umumybilim maksatnamalary boýunça okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmegiň 2028-nji ýyla çenli Konsepsiýasyndan» gelip çykýan wezipeleri amal etmekde terbiýeçi-usulyýetçileriň öňünde durýan wezipeler. 3. Hormatly Prezidentimiziň nusgalyk kitaplary mekdebe çenli çagalar edaralarynyň okuw-terbiýeçilik işini kämilleşdirmekde, körpeleri milli ruhda terbiýelemekde gymmatly gollanmadyr. 4. «Türkmenistanda umumybilim maksatnamalary boýunça okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmegiň2028-nji ýyla çenli Konsepsiýasyna» laýyklykda, okuw-terbiýeçilik işlerinde çagalaryň döredijilik ukyplaryny ösdürmäge gönükdirilen innowasion pedagogik tehnologiýalary peýdalanmagyň ýollary. 5. Gahryman Arkadagymyzyň «Hakyda göwheri» eseriniň mekdebe çenli çagalar edaralarynda ýaş nesle watansöýüjilik terbiýesini bermekdäki we halypa-şägirtlik gatnaşyklaryny döwrebap ýola goýmakdaky orny we ähmiýeti. 6. Mekdebe çenli çagalar edaralarynda geçirilýän usuly sagatlaryň işiniň netijeliligini ýokarlandyrmagyň ýollary. 7. Mekdebe çenli çagalar edaralarynyň pedagogik işgärleriniň syýasy sowatlylygyny, hünär derejesini we pedagogik ussatlygyny öňdebaryjy dünýä tejribesine laýyklykda ýokarlandyrmagyň usullary. 8. Saglyk ýagdaýy sebäpli mümkinçiligi çäkli bolan çagalar bilen işlemegiň aýratynlyklaryny (inklýuziw bilim) nazara alyp, mekdebe çenli çagalar edaralarynyň pedagogik işgärleriniň öňünde durýan wezipeleri amala aşyrmagyň ýollary. 9. Mekdebe çenli çagalar edaralarynda daşary ýurt dillerini okatmagyň usulyýetini öňdebaryjy dünýä iş tejribesine laýyklykda döwrebaplaşdyrmagyň usullary. 10. Mekdebe çenli çagalar edaralarynda sanly tehnologiýalary ornaşdyrmak arkaly okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmegiň, okuw sapaklaryny dünýä tejribesine laýyklykda guramagyň ýollary. 11. Mekdebe çenli çagalar edaralarynyň pedagogik işgärleriniň resmi iş kagyzlaryny bildirilýän talaplara laýyk derejede ýöretmegiň usullary. 12. Saglygy dikeldiş okuw-terbiýeçilik toplumlarynda okuw-terbiýeçilik işlerini öňdebaryjy milli we dünýä tejribesiniň gazananlaryna laýyklykda ýokarlandyrmagyň ýollary.
Bilim işgärleriniň awgust usuly-amaly okuwlaryna hödürlenilýän temalar
V. MEKDEBE ÇENLI ÇAGALAR EDARALARYNYŇ MÜDIRLERI ÜÇIN: 1. «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasyndan» we «Türkmenistanda umumybilim maksatnamalary boýunça okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmegiň 2028-nji ýyla çenli Konsepsiýasyndan» gelip çykýan wezipeleri amal etmegiň ýollary. 2. «Türkmenistanda umumybilim maksatnamalary boýunça okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmegiň 2028-nji ýyla çenli Konsepsiýasyna» laýyklykda, mekdebe çenli çagalar edaralarynyň bilim işgärleriniň pedagogik ussatlygyny yzygiderli kämilleşdirmegini guramagyň usullary. 3. Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň nusgalyk kitaplary mekdebe çenli çagalar edaralarynyň okuw-terbiýeçilik işini kämilleşdirmekde, körpelere bilim-terbiýe bermekde gymmatly gollanmadyr. 4. Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň nusgalyk kitaplarynyň mekdebe çenli çagalar edaralarynyň okuw-terbiýeçilik işini döwrebap guramakdaky orny we ähmiýeti. 5. «Türkmenistanda umumybilim maksatnamalary boýunça okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmegiň 2028-nji ýyla çenli Konsepsiýasyna» laýyklykda, mekdebe çenli çagalar edaralarynda saglygy goraýyş tehnologiýalaryny ulanmagyň ýollary. 6. Saglyk ýagdaýy sebäpli mümkinçiligi çäkli çagalar bilen işlemegiň aýratynlyklaryny nazara alyp, pedagogik işgärleriň işini döwrebap guramagyň usullary. 7. Mekdebe çenli çagalar edaralarynyň bilim işgärleriniň pedagogik ussatlygyny kämilleşdirmek maksady bilen, pedagogik geňeşiň işiniň netijeliligini döwrüň talaplaryna laýyklykda guramagyň usullary. 8. Mekdebe çenli çagalar edaralarynyň pedagogik işgärleriniň pedagogika, psihologiýa we okatmagyň usulyýeti babatdaky hünär derejelerini dünýä tejribelerine laýyklykda ýokarlandyrmagyň ýollary. 9. Mekdebe çenli çagalar edaralarynda daşary ýurt dilleri sapaklaryny ylmyň we tehnikanyň iň täze gazananlaryna esaslanyp, öňdebaryjy innowasion çemeleşmeleri giňden ornaşdyrmagyň ýollary. 10. Nusgawy şahyrlaryň eserleriniň we halk döredijiliginiň çaga terbiýesinde tutýan orny. 11. Ýaş nesliň berk bedenli, sagdyn şahsyýetler bolup kemala gelmeginde iýmitlendirmek işiniň we arassaçylyk kadalarynyň düzgünnama laýyklykda berjaý edilişiniň dogry guralmagynyň we bu babatda alnyp barylýan işlere içki gözegçiligi ýokarlandyrmagyň ýollary. 12. Saglygy dikeldiş okuw-terbiýeçilik toplumlarynyň pedagogik işgärleriniň hünär ussatlygyny kämilleşdirmegiň we usuly taýýarlygynyň derejesini ýokarlandyrmagyň ýollary.
Bilim işgärleriniň awgust usuly-amaly okuwlaryna hödürlenilýän temalar
IV. MEKDEPDEN DAŞARY WE GOŞMAÇA BILIM EDARALARYNYŇ ÝOLBAŞÇYLARY, USULÇYLARY WE GURNAK ÝOLBAŞÇYLARY ÜÇIN: 1. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň we hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň nusgalyk kitaplarynda beýan edilen pedagogik ýörelgelerden peýdalanmagyň usullary. 2. «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasyny» durmuşa geçirmekde mekdepden daşary çagalar edaralarynyň ýolbaşçylarynyň, usulçylarynyň we gurnak ýolbaşçylarynyň wezipeleri. 3. «Bilim hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna (rejelenen görnüşi) laýyklykda, ýaş nesle berilýän bilim-terbiýäniň hilini we netijeliligini ýokarlandyrmakda mekdepden daşary çagalar edaralarynyň ýolbaşçylarynyň, usulçylarynyň, gurnak ýolbaşçylarynyň öňünde durýan wezipeler, olary ýerine ýetirmegiň ýollary. 4. «Türkmenistanda umumybilim maksatnamalary boýunça okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmegiň2028-nji ýyla çenli Konsepsiýasyny» we ony amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň Meýilnamasyny durmuşa geçirmekde mekdepden daşary çagalar edaralarynyň ýolbaşçylarynyň, usulçylarynyň we gurnak ýolbaşçylarynyň wezipeleri. 5. «Türkmenistanda umumybilim maksatnamalary boýunça okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmegiň 2028-nji ýyla çenli Konsepsiýasyna» laýyklykda, çagalaryň döredijilik ukyplaryny, akyl, ahlak, beden taýdan kämilleşmegine, sagdyn we howpsuz durmuş ýörelgesini kemala getirmäge, saglygyny berkitmäge, şeýle hem boş wagtlaryny netijeli guramaga gönükdirilen işleriň amala aşyrylyşynyň öňdebaryjy iş tejribesinden. 6. Sagdyn durmuş ýörelgelerini işjeň ornaşdyrmak, köpçülikleýin bedenterbiýäni we sporty ösdürmäge gönükdirilen çäreleriň netijeliligini ýokarlandyrmak, şahsyýeti hemmetaraplaýyn sazlaşykly ösdürmek boýunça mekdepden daşary çagalar edaralarynyň wezipeleri. 7. Mekdepden daşary we goşmaça bilim edaralarynda okuwçylaryň döredijilik ukyplaryny, başarnyklaryny, tebigy, ylmy, tehniki bilimlere hem-de bedenterbiýä we sporta bolan höwesini artdyrmagyň ýollary. 8. Mekdepden daşary we goşmaça bilim edaralarynda hereket edýän gurnaklarda çagalary ylmy döredijilige höweslendirmekde kommunikatiw, innowasion bilim tehnologiýalarynyň giňden peýdalanylyşy. 9. Mekdepden daşary we goşmaça bilim edaralarynda okuwçylaryň hemmetaraplaýyn ösüşini we okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmegiň öňdebaryjy iş tejribesinden. 10. Mekdepden daşary we goşmaça bilim edaralarynda okuw-terbiýeçilik işiniň netijeliligini yzygiderli ýokarlandyrmak maksady bilen, okuwçylaryň başarjaňlyk çemeleşmesine esaslanýan innowasion pedagogik usullardan peýdalanmagyň ýollary. 11. Mekdepden daşary we goşmaça bilim edaralarynda halypa-şägirtlik gatnaşyklaryny talabalaýyk ýola goýmagyň iş tejribesinden. 12. Mekdepden daşary we goşmaça bilim edaralarynda guralýan gurnak bilen meşgullanmalarynda okuwçylary hünär saýlamaga ugrukdyrmagyň usullary.
Bilim işgärleriniň awgust usuly-amaly okuwlaryna hödürlenilýän temalar
III. UMUMYBILIM EDARALARYNYŇ MÜDIRLERINIŇ TERBIÝEÇILIK IŞLERI BOÝUNÇA ORUNBASARLARY ÜÇIN: 1. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň we hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň nusgalyk kitaplarynyň many-mazmunyny okuw-terbiýeçilik işlerinde ýaş nesle öwretmekde mekdep müdirleriniň terbiýeçilik işleri boýunça orunbasarlarynyň öňünde durýan wezipeler. 2. «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasyny» durmuşa geçirmekde umumybilim edaralarynyň müdirleriniň terbiýeçilik işleri boýunça orunbasarlarynyň wezipeleri, olary ýerine ýetirmegiň öňdebaryjy iş tejribesi. 3. «Bilim hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna (rejelenen görnüşi) laýyklykda, ýaş nesle berilýän bilim-terbiýäniň hilini we netijeliligini ýokarlandyrmakda umumybilim edaralarynyň müdirleriniň terbiýeçilik işleri boýunça orunbasarlarynyň alyp barmaly işleriniň esasy ugurlary. 4. «Türkmenistanda umumybilim maksatnamalary boýunça okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmegiň 2028-nji ýyla çenli Konsepsiýasyny» we ony amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň Meýilnamasyny durmuşa geçirmekde umumybilim edaralarynyň müdirleriniň terbiýeçilik işleri boýunça orunbasarlarynyň öňdebaryjy iş tejribesi. 5. Umumybilim edaralarynda işjeň psihologik gurşawy döretmek, okuwçylaryň arasynda hukuk bozulmalarynyň psihologik-pedagogik taýdan öňüni almak boýunça mekdep müdirleriniň terbiýeçilik işleri boýunça orunbasarlarynyň durmuşa geçirýän işleri. 6. Umumybilim edaralarynyň müdirleriniň terbiýeçilik işleri boýunça orunbasarlary tarapyndan terbiýeçilik işini dolandyrmaga degişli kadalaşdyryjy resminamalardaky talaplaryň ýerine ýetirilişi. 7. Synp ýolbaşçylarynyň synpdan we mekdepden daşary terbiýeçilik çärelerini utgaşykly guramagy, olarda okuwçylaryň akyl ýetirijilik başarnyklarynyň, özbaşdak pikirleniş endikleriniň ösdürilmegini gazanmakda mekdep müdirleriniň terbiýeçilik işleri boýunça orunbasarlarynyň wezipeleri. 8. Synp sagatlarynyň, synpdan we mekdepden daşary guralýan çäreleriň öwrediji hem-de terbiýeleýji häsiýetli bolmagy üçin okuw-terbiýeçilik işinde okatmagyň didaktiki oýun tehnologiýalaryny (keşpli) ulanmagyň iş tejribesinden. 9. «Okuw işiniň maksatlary üçin okaýanlaryň şahsy ykjam tehniki serişdelerinden peýdalanmagyň Tertibine» laýyklykda, umumybilim berýän edaralarynda şahsy ykjam tehniki serişdelerini dogry ulanmagyň düzgünleri. 10. Umumybilim edaralarynda ýetginjekleriň arasynda zyýanly endikleriň öňüni almakda hukuk goraýjy edaralary we jemgyýetçilik guramalary bilen bilelikde ýerine ýetirilmeli işleriň netijeliligini ýokarlandyrmagyň ýollary. 11. Umumybilim edaralarynda hünär ugurly okuwlaryň okadylyşyna gözegçiligiň amala aşyrylyşynyň we mugallymlara usuly kömegiň berlişiniň iş tejribesinden. 12. Umumybilim edaralarynyň müdirleriniň terbiýeçilik işleri boýunça orunbasarlarynyň hünär ussatlyklaryny kämilleşdirmegiň iş tejribesinden.
Bilim işgärleriniň awgust usuly-amaly okuwlaryna hödürlenilýän temalar
II. UMUMYBILIM EDARALARYNYŇ MÜDIRLERINIŇ OKUW IŞLERI BOÝUNÇA ORUNBASARLARY ÜÇIN: 1. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň we hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň nusgalyk kitaplaryny umumybilim edaralarynyň okuw-terbiýeçilik işlerinde peýdalanmagyň ýollary. 2. «Bilim hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna (rejelenen görnüşi), «Türkmenistanda umumybilim maksatnamalary boýunça okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmegiň 2028-nji ýyla çenli Konsepsiýasyna» we ony amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň Meýilnamasyna laýyklykda, ýaş nesle berilýän bilim-terbiýäniň hilini we netijeliligini ýokarlandyrmakda umumybilim edaralarynyň müdirleriniň okuw işleri boýunça orunbasarlarynyň öňünde durýan wezipeler. 3. Umumybilim edaralarynda okuw derslerini okatmagyň usulyýetini döwrebaplaşdyrmagyň esasy ugurlary. 4. Umumybilim edaralarynda pedagogik geňeşiň işini döwrüň ýokary talaplaryna laýyklykda, täzeçe guramagyň iş tejribesinden. 5. Umumybilim edaralarynda ýaş we tejribeli mugallymlaryň hünär kämilleşdiriş işlerini utgaşdyrmakda okuw dersleri boýunça usuly birleşmeleriň orny we ähmiýeti. 6. Umumybilim edaralarynda okuwçylaryň bilim derejesini bahalandyrmagyň usullary. 7. Zehinli okuwçylary ýüze çykarmagyň we olary döwlet we halkara derejesindäki ders olimpiadalaryna hem-de bäsleşiklere yzygiderli taýýarlamagyň ýollary. 8. Umumybilim edaralarynda müdiriň okuw işleri boýunça orunbasarynyň işinde kadalaşdyryjy resminamalar we olar bilen işlemegiň usullary (iş tejribesinden). 9. «Okuw işiniň maksatlary üçin okaýanlaryň şahsy ykjam tehniki serişdelerinden peýdalanmagyň Tertibine» laýyklykda, umumybilim edaralarynda şahsy ykjam tehniki serişdelerini dogry ulanmagyň düzgünleri. 10. Umumybilim edaralarynyň okuw-terbiýeçilik işlerinde «E-mekdep» sanly ulgamyndan talabalaýyk peýdalanmagyň ýollary. 11. Umumybilim edaralarynyň okuw-terbiýeçilik işlerini kämilleşdirmekde, bilim işgärleriniň döredijilik başarnyklaryny we hünär ussatlyklaryny döwrüň talaplaryna laýyklykda ýokarlandyrmakda, mugallymlaryň ýyllyk senenamalaýyn okuw çyzgydyny, sapak ýazgylaryny ýazmaga, synp žurnalyny ýöretmäge bildirilýän talaplaryň ýerine ýetirilişine gözegçiligiň alnyp barlyşy. 12. Mugallymlaryň pedagogik ussatlygyny ýokarlandyrmagyň we okatmagyň innowasion tehnologiýalaryndan netijeli peýdalanyp bilmek başarnyklaryny ösdürmegiň ýollary.
Bilim işgärleriniň awgust usuly-amaly okuwlaryna hödürlenilýän temalar
I. UMUMYBILIM EDARALARYNYŇ MÜDIRLERI ÜÇIN: 1. Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň nusgalyk kitaplaryny okuw-terbiýeçilik işleriniň hilini ýokarlandyrmakda we ýaş nesle kämil bilim-terbiýe bermekde peýdalanmagyň ýollary. 2. «Bilim hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna (rejelenen görnüşi), «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasyna» we bilim Konsepsiýalaryna laýyklykda, umumybilim berýän edaralarynyň müdirleriniň wezipeleri. 3. «Türkmenistanda umumybilim maksatnamalary boýunça okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmegiň 2028-nji ýyla çenli Konsepsiýasyna» we ony amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň Meýilnamasyna laýyklykda, mugallymlaryň hünär ussatlygyny ýokarlandyrmakda umumybilim edaralarynyň müdirleriniň öňünde duran wezipeler. 4. Umumybilim edarasynyň müdiri tarapyndan okuw-terbiýeçilik işini dolandyrmaga degişli kadalaşdyryjy resminamalaryň we buýruklar kitaplarynyň ýöredilişine bildirilýän talaplaryň ýerine ýetirilişiniň iş tejribesinden. 5. Okuwçylaryň şahsy aýratynlyklaryny nazara almak bilen, okuw-terbiýeçilik işlerinde olaryň ukyp-başarjaňlyk çemeleşmesinden ugur alyp, deňhukukly gurşawy döretmekde mekdep müdiriniň alyp barmaly işleri. 6. Sanly bilim ulgamynyň mümkinçiliklerinden peýdalanmak arkaly uzak aralykdan ata-eneler bilen çaga terbiýesinde we biliminde netijeli işleri guramagyň ýollary. 7. Umumybilim edaralarynda pedagogik geňeşiň işini we usuly işleri döwrüň ösen talaplaryna laýyklykda guramagyň iş tejribesinden. 8. Umumybilim edaralarynda okuwçylaryň howpsuzlygyny üpjün etmekde we saglygyny gorap saklamakda mekdep müdiriniň alyp barmaly işleri. 9. Okatmagyň usulyýeti boýunça dünýä we milli tejribede gazanylan üstünlikleriň, toplanan tejribeleriň yzygiderli öwrenilmegini hem-de olardan bilim-terbiýeçilik işlerinde netijeli peýdalanylmagyny gazanmakda umumybilim edarasynyň ýolbaşçysynyň wezipeleri. 10. Umumybilim edaralarynda usuly işleriň ýola goýluşyna, okuw meýilnamalarynyň we okuw maksatnamalarynyň ýerine ýetirilişine, saýlama we ugurly ders okuwlarynyň guralyşyna hem-de geçirilişine gözegçiligiň amala aşyrylyşy. 11. «Okuw işiniň maksatlary üçin okaýanlaryň şahsy ykjam tehniki serişdelerinden peýdalanmagyň Tertibine» laýyklykda, umumybilim edaralarynda şahsy ykjam tehniki serişdelerini dogry ulanmagyň düzgünleri. 12. Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň 2025-nji ýylyň 5-nji fewralynda tassyklan «Bilim edaralarynda halypaçylyk işini guramagyň Gözükdirijisine» laýyklykda, umumybilim edaralarynda halypa-şägirtlik gatnaşyklaryny talabalaýyk guramagyň psihologik-pedagogik esaslary.
Bilim işgärleriniň 2026—2027-nji okuw ýylynyň awgust maslahatlaryny we usuly-amaly okuwlaryny geçirmek boýunça usuly maslahatlar
Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň ýurdumyzyň bilim ulgamyny döwrebaplaşdyrmak babatynda başyny başlan giň gerimli özgertmeleri Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilýär. Şol özgertmeleriň çäginde ýurdumyzyň ähli sebitlerinde okatmagyň öňdebaryjy usullaryna, kompýuter tehnologiýalaryna esaslanýan döwrebap bilim edaralary yzygiderli gurlup ulanmaga berilýär. Milli bilim ulgamynda döredilýän giň we amatly mümkinçilikler ösen aň-düşünjeli, ýokary tehnologiýalardan kämil baş çykarýan, hemmetaraplaýyn sazlaşykly ösen ýaş nesliň kemala gelmeginiň möhüm şertleriniň biridir. Häzirki döwürde Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanda berk binýady bolan milli bilim ulgamy döredildi. Oňa okatmagyň täzeçil usullary işjeň ornaşdyrylýar, okuw maksatnamalary yzygiderli döwrebaplaşdyrylýar, okuw kitaplarydyr gollanmalar many-mazmun taýdan baýlaşdyrylýar. Ýurdumyzyň dürli pudaklarynda ýaş hünärmenleriň hemmetaraplaýyn bilimli bolmagyna we täzeçil tehnologiýalardan ussatlyk bilen baş çykarmaklaryna uly üns berilýär. Şunuň bilen baglylykda, ýokary hünärli işgärleri taýýarlamak üçin milli bilim ulgamynyň maddy-enjamlaýyn binýady maksatnamalaýyn esasda pugtalandyrylýar. Meýilnamalary amala aşyrmak, dünýäniň öňdebaryjy ylym-bilim merkezleri bilen bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmek üçin ähli şertler döredilýär. Garaşsyz, hemişelik Bitarap ýurdumyzda «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynda», beýleki döwlet we milli maksatnamalarda bilim ulgamyny kämil derejede ösdürmek, ökde hünärli hünärmenleri taýýarlamak babatynda kesgitlenen aýdyň wezipeler, anyk maksatlar üstünlikli durmuşa geçirilýär. «Türkmenistanda on iki ýyllyk umumy orta bilime geçmegiň Konsepsiýasyna», «Türkmenistanda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň Konsepsiýasyna», «Türkmenistanda daşary ýurt dillerini okatmagy kämilleşdirmegiň Konsepsiýasyna», «Türkmenistanda tebigy we takyk ylmy ugurlara degişli dersleri okatmagy kämilleşdirmegiň Konsepsiýasyna», «Türkmenistanda umumybilim maksatnamalary boýunça okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmegiň 2028-nji ýyla çenli Konsepsiýasyna» laýyklykda, milli bilim ulgamyny dünýä ölçegleriniň derejesine çykarmak boýunça giň gerimli işler güýçli depginler bilen durmuşa geçirilýär, sanly bilim ulgamy ösdürilýär. Bilim ulgamynyň, aýratyn-da, sanly ulgamyň we emeli aňyň mümkinçiliklerinden peýdalanmagyň tehnologiýasynyň depginli ösüşi häzirki wagtda döwletiň öňünde durýan möhüm wezipeleriň oňyn çözülmegi bilen birlikde, çuňňur watansöýüji, giň dünýägaraýyşly, ýokary bilimli, hünärli ýaşlary taýýarlamak işini kämilleşdirmek hormatly Prezidentimiziň alyp barýan döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Gahryman Arkadagymyzyň beýik başlangyçlaryny üstünlikli dowam edýän döwlet Baştutanymyzyň tagallalary bilen, röwşen geljegi nazarlaýan özgertmeleriň çuňňur ylmy binýadynyň kemala getirilmegi üçin ylym-bilim ulgamynyň ösdürilmegi ugrunda giň gerimli çäreleriň durmuşa geçirilmegine aýratyn ähmiýet berilýär. Hormatly Prezidentimiz şeýle belleýär: «Bilim asyrlaryň dowamynda kemala gelen milli buýsanjymyzyň gözbaşydyr, abraý-mertebämiziň dünýä dolan belentligidir, abadançylygymyzyň we beýik ösüşlerimiziň sarsmaz binýadydyr. Bilim arkaly biz ajaýyp geljegimizi gurýarys, belent maksatlarymyzy amala aşyrýarys, ylymly-bilimli hem-de Watana wepaly nesilleri terbiýeleýäris». Häzirki ajaýyp döwrümizde çuňňur watansöýüji, bilimli, ylymly nesiller kemala gelýär.2025 — 2026-njy okuw ýylynda hem mekdep okuwçylarymyzyň halkara olimpiadalarda, ylmy-döredijilik bäsleşiklerinde üstünlikli çykyş edip, baýrakly orunlara mynasyp bolmaklary guwandyryjy ýagdaýdyr. Ýaşlarymyzyň gazanýan ajaýyp üstünlikleri mukaddes döwlet Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllygynyň uly dabaralara beslenip toýlanýan ýylynda Garaşsyz, hemişelik Bitarap döwletimiziň abraýydyr, milli buýsanjymyzdyr, hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda durmuşa geçirilýän bilim özgertmeleriniň ajaýyp miweleridir. Döwlet Baştutanymyzyň tagallalary esasynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe mekdebe çenli çagalar edaralarynyň terbiýeçileriniň we umumybilim edaralarynyň pedagoglarynyň, mekdepden daşary bilim edaralarynyň bilim işgärleriniň hünär derejelerini ýokarlandyrmaklaryna, mugallymçylyk ussatlygyny üznüksiz kämilleşdirmeklerine giň mümkinçilikler açyldy, bu möhüm ugurda ähli zerur şertler döredildi. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň bilim ulgamynda amala aşyrýan düýpli özgertmelerini maksadalaýyk durmuşa geçirmek, bilim edaralarynyň ýolbaşçylarynyň, pedagogik we beýleki işgärleriniň öňdebaryjy iş tejribelerini öwrenmek, ýaýratmak hem-de bilim işine ornaşdyrmak, ýaş nesle döwrebap bilim-terbiýe bermekde öňde durýan wezipeleri durmuşa geçirmekde ýüze çykýan meseleleri ara alyp maslahatlaşmak, 2025 — 2026-njy okuw ýylynyň jemini jemlemek hem-de täze 2026 — 2027-nji okuw ýylynda öňde durýan wezipeleri kesgitlemek maksady bilen, 2026-njy ýylyň 17—19-njy awgusty aralygynda, pedagogik işgärleriň etrap (şäher) maslahatlary 20-nji awgustda, Aşgabat we Arkadag şäherleriniň hem-de welaýatlaryň öňdebaryjy pedagogik işgärleriniň maslahatlary 22-nji awgustda «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýen şygar bilen geçiriler. Usuly-amaly okuwlarda: — bilim edaralarynyň ýolbaşçylarynyň «Bilim hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna, «Türkmenistanda umumybilim maksatnamalary boýunça okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmegiň 2028-nji ýyla çenli Konsepsiýasyna», bilim ulgamyna degişli beýleki kabul edilen Konsepsiýalara laýyklykda, bilim işini döwrebap guramak boýunça alnyp barylýan işler; ─ hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ýurdumyzyň bilim ulgamynda amala aşyrylýan özgertmeler, geçen okuw ýylynda bilim edaralarynda ýolbaşçylygyň, okuw-terbiýeçilik işine gözegçiligiň ýola goýluşy, häzirki zaman mugallymçylyk, usulyýet ylymlarynyň ýüze çykaran täzeliklerini okuw işine ornaşdyrmak, öňdebaryjy iş usullaryny öwrenmek hem-de köpçülige ýaýratmak, dünýä bilim ulgamynyň täzelikleri bilen tanyşdyrmak, hünär kämilligini artdyrmak boýunçа alnyp barylýan işler; ─ bilim edaralarynda pedagogik işgärleriň hünär bilimlerini, pedagogik ussatlyklaryny yzygiderli kämilleşdirmegiň hem-de usuly taýýarlyklarynyň derejesini has-da ýokarlandyrmagyň, okuwçylara bilim-terbiýe bermegiň täzeçe usullaryny iş tejribelerine ornaşdyrmagyň ýollary; — okuwçylara başlangyç zähmet endiklerini, durmuşa giňden ornaşýan ösen häzirki zaman tehnologiýalaryndan peýdalanyp bilmek başarnyklaryny öwretmek bilen, olary hünärlere ugrukdyrmak boýunça alnyp barylýan işler; ─ okuwçylarda ýokary medeniýetliligi we ahlak sypatlaryny terbiýelemegiň, terbiýeçilik işlerini türkmen halkynyň milli terbiýeçilik däpleri we umumadamzat ruhy gymmatlyklary, häzirki zaman terbiýeçilik usullary we görnüşleri bilen berk utgaşyklylykda guramagyň ýollary; ─ bilim edaralarynda tejribeli pedagogik işgäriň kärdeşlerine kömek bermek, ýаş hünärmene halypalyk etmek, okatmagy utgaşdyrmak, bilim edarasynyň ýolbaşçylaryna goldaw bermek ýaly goşmaça işleriň ýola goýluşy we alnyp barlyşy; ─ mekdebe çenli çagalar edaralarynda körpeler bilen alnyp barylýan okuw-terbiýeçilik işleriniň hilini we netijeliligini ýokarlandyrmak üçin alnyp barylýan işler; ─ çagalaryň jan saglygynyň goralmagy, çagalaryň irki ýaşdan başlap hemmetaraplaýyn ösmegi, döwrebap terbiýe almagy, başlangyç bilimiň bilim maksatnamasyny özleşdirmäge taýýarlygynyň hiliniň ýokarlandyrylyşy barada maslahatlaşylmalydyr. Aşgabat şäher we welaýat Baş bilim müdirlikleriniň, Arkadag şäher bilim müdirliginiň hem-de etrap (şäher) bilim bölümleriniň ýolbaşçylaryna pedagogik işgärleriň awgust usuly-amaly okuwlaryny hem-de maslahatlaryny guramaçylykly, ýokary derejede geçirmek üçin iş çäreleriniň meýilnamasyny düzmekligi hem-de olaryň ýerine ýetirilişini yzygiderli gözegçilikde saklamagy maslahat berýäris. Bilim işgärleriniň usuly-amaly okuwlarynda baý tejribeli, öz kärine ussat, okuw-terbiýeçilik işlerini ylmy-usuly esasda täzeçil guraýan, döredijilikli işleýän etrap, şäher bilim bölümleriniň hünärmenleriniň, bilim edaralarynyň ýolbaşçylarynyň, mugallymlaryň, terbiýeçileriň çykyşlary täsirli bolmalydyr. Usuly-amaly okuwlar işjeň pikir alyşmalar arkaly geçirilmelidir, olar boýunça anyk netijelere gelinmelidir. Döredijilikli we ýokary netijeli işleýän pedagogik işgärleriň mugallymçylyk iş tejribeleri boýunça we hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň ýiti zehininden dörän «Ýaşlar — Watanyň daýanjy», «Änew — müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýet», «Magtymguly — dünýäniň akyldary», «Türkmenistanyň Bitaraplygy — parahatçylygyň we ynanyşmagyň aýdyň ýoly» atly nusgalyk kitaplarynyň hem-de türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň «Älem içre at gezer», «Döwlet guşy» atly romanlarynyň, «Türkmen medeniýeti», «Ile döwlet geler bolsa...», «Arşyň nepisligi», «Gadamy batly bedew», «Parahatçylyk sazy, dostluk, doganlyk sazy», «Sport dostluga, saglyga we gözellige tarap ýoldur», «Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi», «Türkmenistan Durnukly ösüşiň maksatlaryna ýetmegiň ýolunda», «Enä tagzym — mukaddeslige tagzym», «Bilim — bagtyýarlyk, ruhubelentlik, rowaçlyk», «Atda wepa-da bar, sapa-da», «Türkmen alabaýy», «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi», «Ak şäherim Aşgabat», «Garaşsyzlyk — bagtymyz», «Ömrümiň manysy», «Ömrümiň manysynyň dowamaty», «Hakyda göwheri» atly kitaplarynyň many-mazmunyny açyp görkezýän we giňden wagyz edýän, şeýle-de döredijilikli işleýän ýolbaşçylaryň, pedagogik işgärleriň iş tejribesi boýunça sergiler döwrebap guralmalydyr. Sergilerde okuw işine, sanly serişdeleri ornaşdyrmaga, okuw-görkezme esbaplaryny ulanmaga degişli işleriň, bilim edaralarynyň ýolbaşçylarynyň, okuw dersleri boýunça usuly birleşmeleriň, pedagogik geňeşiň döwrebap taýýarlanylan iş meýilnamalarynyň, mugallymlaryň sapak ýazgylarynyň, talabalaýyk ýöredilýän synp žurnallarynyň, okuwçy gündelikleriniň, ýazuw-barlag we okuwçylaryň iş depderleriniň nusgalarynyň hem görkezilmegi maksadalaýykdyr. Bilim işgärleriniň awgust maslahatlaryna Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlaryny, alymlary, ýerine ýetiriji häkimiýetiň wekillerini, önümçiligiň öňdebaryjylaryny, zähmet weteranlaryny, hormatly dynç alyşdaky ussat mugallymlary, hormatly il ýaşulularyny, syýasy partiýalaryň we jemgyýetçilik guramalarynyň, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekillerini, ata-eneleri çagyrmak has-da täsirli we ähmiýetli bolar. Welaýat we Aşgabat şäher Baş bilim müdirliklerine, Arkadag şäher bilim müdirligine, etrap (şäher) bilim bölümlerine pedagogik işgärleriň awgust maslahatlarynda, usuly-amaly okuwlarda berlen teklipleri öwrenmek, seljermek we umumylaşdyrmak hem-de Türkmenistanyň Milli bilim institutyna ibermek maslahat berilýär.
Döwrebap bilim: täze hünärlerdir mümkinçilikler
Hünär — ynsana durmuşdaky ornuny tapmaga, jemgyýetde ykrar edilmäge ýardam edýär. Her bir adama hünär edinmegiň zerur bolşy ýaly, tutuş jemgyýetiň we döwletiň sazlaşykly ösüşi üçin öz işine ökde hünärmenler goruny kemala getirmek zerurdyr. Şu hakykatdan ugur alnyp, ýurdumyzda ýaşlaryň döwrebap bilim almagyna, hünär öwrenmegine giň mümkinçilikler döredilýär. Hormatly Prezidentimiziň 10-njy iýulda geçiren Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde 2026-njy ýylda ýokary we orta hünär okuw mekdeplerine okuwa kabul etmegiň meýilnamasyny tassyklap, okuwa girmäge isleg bildirýän ähli ýaşlara uly üstünlikleri arzuw etmegi munuň nobatdaky beýanydyr. Soňky ýyllarda ýurdumyzda ýaşlara ýakyn we uzak geljekde ykdysadyýetiň pudaklarynda zerur bolan hünär ugurlary boýunça bilim bermäge uly ähmiýet berilýär. Şu ýyl ýurdumyzyň bilim ojaklaryna okuwa kabul etmegiň tertibinde kesgitlenilen hünär ugurlary bilen tanşanyňda, talyplyga dalaşgärlere hem-de hünärini kämilleşdirmek isleýänlere täze hünär ugurlarynyň ençemesiniň hödürlenilýändigini görmek bolýar. Bizem şu ýazgymyzda bilim ojaklarynda açylan täze hünärleriň aýratynlyklary barada söhbet etmegi makul bildik. Senagat we energetika pudagy: ► metrologiýa, standartlaşdyrmak we sertifikatlaşdyrmak; ► nebit, gaz känleriniň maşynlary we enjamlary hem-de beýlekiler. Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň okuw maksatnamasyna şu ýyl täze hünärleriň we taýýarlygyň ugurlarynyň birbada birnäçesi girizilýär. Hünärmen maksatnamasy esasynda metrologiýa, standartlaşdyrmak we sertifikatlaşdyrmak (nebitgaz pudagynda), nebit, gaz känleriniň maşynlary we enjamlary ýaly ugurlar önümçilik proseslerini halkara hil ülňülerine laýyk getirmäge gönükdirilip, bu hünärleri saýlan ýaşlar nebitgaz pudagyndaky iri kärhanalarda, halkara korporasiýalarda we tehnologik gözegçilik merkezlerinde üstünlikli zähmet çekip bilerler. Bilim ojagynyň magistr maksatnamasyna girizilen kompýuter ulgamynyň programma üpjünçiligi, maglumat howpsuzlygy (nebitgaz pudagynda), nebitgaz pudagynyň ykdysadyýeti we dolandyrylyşy hünär ugurlary bolsa ýaş hünärmenlere has-da kämilleşip, geljekde pudagyň kiberhowpsuzlygyny üpjün etmek we awtomatlaşdyrylan dolandyryş ulgamlaryny işläp düzmek ýaly möhüm wezipeleri ýerine ýetirmäge mümkinçilik berýär. Oba hojalygy we ekologiýa: ► oba hojalyk ekinleriniň genetikasy, seleksiýasy we tohumçylygy; ► IT-tehnologiýalary peýdalanmak bilen suw gorlarynyň dolandyrylyşy; ► ösümlikleri goramak we biotehnologiýa. S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetinde hünärmen maksatnamasy boýunça oba hojalyk ekinleriniň genetikasy, seleksiýasy we tohumçylygy hem-de IT-tehnologiýalary peýdalanmak bilen suw gorlarynyň dolandyrylyşy, magistr maksatnamasynda ösümlikleri goramak we biotehnologiýa hünär ugurlarynyň girizilmegi oba hojalygynyň öňünde durýan iň derwaýys wezipeleriň çözülmegini nazarlaýar. Genetika, seleksiýa we biotehnologiýa bilen meşgullanjak hünärmenler hasyllylygy ýokary bolan ekinleri ösdürip ýetişdirmek üçin ylmy-barlag institutlary we tohumçylyk merkezleri, IT-tehnologiýalary bilen suw gorlaryny dolandyrmagy öwrenen ýaşlar bolsa döwrebap oba hojalyk klasterleri we suw hojalygy edaralary üçin gymmatly hünärmenler bolup ýetişmäge mümkinçilik alýar. Sanly ykdysadyýet we tehnologik özygtyýarlylyk: ► emeli aň we ekspert ulgamlary; ► mehatronika we robot tehnikasy; ► awtomatlaşdyrylan ulgamlaryň maglumat howpsuzlygy. Milli ykdysadyýetiň hususy pudagyny ösdürmek, ýurdumyzyň innowasion senagat kuwwatyny berkitmek maksady bilen, 2025-nji ýylda açylan Halkara senagatçylar we telekeçiler uniwersiteti hem-de ençeme ýyl bäri maglumat-aragatnaşyk pudagy üçin ökde hünärmenleri taýýarlaýan Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika instituty okuw maksatnamalaryndaky sanly ykdysadyýet şertlerinde ähmiýetli hünär ugurlarynyň üstüni täzeleri bilen ýetirýär. Halkara senagatçylar we telekeçiler uniwersitetinde emeli aň we ekspert ulgamlary, mehatronika we robot tehnikasy ugurlary boýunça bilim almak ýaşlara önümçiligi «akylly» ulgamlara geçirmek, innowasion senagat kärhanalary üçin maşynlary we robotlary döretmek bilen bagly geljegi uly ugurlary özleşdirmäge ýol açýar. Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika institutynda täze girizilen awtomatlaşdyrylan ulgamlaryň maglumat howpsuzlygy hünärini ele almak ýaşlara ýurdumyzyň IT kompaniýalarynda, hususy düzümlerinde, innowasion merkezlerinde we bank ulgamynda kiberhowpsuzlygy goramak ýaly ugurlarda zähmet çekmäge ýardam eder. Ynsanperwer bilimler we halkara gatnaşyklar: ► parahatçylyk we bitaraplyk; ► urdu dili, türkmen dili we edebiýaty; ► defektologiýa, psihologiýa we beýlekiler. Ynsanperwer ugurlar we durmuş ugurly hünärler ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň birnäçesiniň täzelenen okuw maksatnamalarynda mynasyp orun alýar. Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutyna okuwa girmäge resminama tabşyrjak ýaşlara hünärmen maksatnamasy boýunça defektologiýa, psihologiýa, arap dili we edebiýaty, türkmen dili we edebiýaty, ekologiýa ugurlary boýunça bilim almaga giň mümkinçilikler açylýar. Pedagogika, defektologiýa we psihologiýa hünärleriniň girizilmegi jemgyýetiň inklýuziw bilime bolan zerurlygyny kanagatlandyrmaga gönükdirilip, şol ugurlary saýlan ýaşlar geljekde umumybilim berýän mekdeplerde, ýöriteleşdirilen bilim edaralarynda we psihologik maslahat beriş merkezlerinde zähmet çekip bilerler. Daşary ýurt dilleri we halkara gatnaşyklar bilen bagly ugurlar ýaşlara zähmet bazarynda uly islege eýe bolan hünärmenler bolup ýetişmäge kömek edýär. Bu babatda Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynda bakalawr maksatnamasy esasynda urdu dili, türkmen dili we edebiýaty taýýarlyk ugry boýunça hünäriň girizilmegi aýratyn ähmiýete eýedir. Urdu dilinde soňky ýyllarda Türkmenistan bilen energetika, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygy barha berkidýän Pakistan Yslam Respublikasynyň we Hindistan Respublikasynyň ilatynyň uly böleginiň gepleýändigini bellemek gerek. Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň magistrlik maksatnamasyna parahatçylyk we bitaraplyk hünäriniň girizilmegi ýurdumyzyň Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan üç gezek ykrar edilen hemişelik Bitaraplyk hukuk derejesiniň ylmy-nazary esaslaryny çuňlaşdyrmak we halkara derejesinde parahatçylygy wagyz etmek üçin ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamaga mümkinçilik berer. Bu hünäriň uçurymlary ýurdumyzyň halkara giňişlikdäki abraýyny has-da belende götermek, umumadamzat meseleleriniň parahatçylykly çözülmegine ýardam bermek bilen bagly jogapkärli wezipelerde işläp bilerler. * * * Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiziň tagallalary esasynda ýurdumyzyň ýokary we orta hünär okuw mekdepleriniň okuw maksatnamalary döwrüň talaplaryna laýyklykda yzygiderli täzelenilip, ýaş nesilleriň kämillik menzillerine okdurylmagy üçin ähli mümkinçilikler döredilýär. Eşretli zamanamyzyň bagtyýar ýaşlarynyň şol mümkinçiliklerden peýdalanyp, isle uzak ýyllar bäri dowam edip gelýän, isle täze döredilen hünär ugurlary boýunça çuňňur bilim alyp, eziz Watanymyza, mähriban halkymyza peýda getirjek şahsyýetler bolup ýetişmeklerini arzuw edýäris. Ahmet GELDIÝEW, «Watan».
Kaka orny — ilkinji
Çaga ― ynsan durmuşynyň güli. Ol ― ömürleriň dowamat aýdymy. Halkymyz çagany altyn aşyga meňzedýär. Çagaly öý bazara deňelýär. Halkymyzyň asyrlar aşyp gelen milli ýörelgeleriniň, däp-dessurlarynyň, edebi mirasynyň içinde çaga bilen bagly döredilenleri juda kän. Olaryň birinde çaganyň edebiniň onuň özündenem ezizdigi nygtalýar. Nesil terbiýesine ähli döwürlerde-de jogapkärçilikli mesele hökmünde garalypdyr. Oňa çaganyň juda sada dünýäsiniň psihologik aýratynlygyny, ösüş döwürlerini nazara alyp çemeleşmek has üstünlikli netijelere getirip biler. Şu nukdaýnazardan, terbiýäniň ilkinji binýadyny kemala getiriji bolup çykyş edýän maşgalada eje ― kaka ― perzent gatnaşyklaryny dogry ýola goýmak baradaky sowallar bilen Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň psihologiýa kafedrasynyň uly mugallymy Selbi Ataýewa ýüz tutduk. Tejribeli mugallymyň maslahatlary okyjylarymyza, ylaýta-da, häzirki zaman ene-atalara çaga psihologiýasy ― terbiýe düşünjeleriniň arasyndaky baglanyşygy açyp görkezmäge, terbiýä çaga psihologiýasynyň «gözi» bilen garamaga ýardam berer diýip umyt edýäris. ― Selbi Allaberdiýewna, ilki bilen, söhbetimiziň özenine düýpli düşünip geçeliň. Çaga psihologiýasy näme? ― Aslynda, çaganyň, uly adamyň, ýaşulularyň psihologiýasy tapawutlandyrylýar. Mundan başga-da, adamyň dünýä inen pursatyndan başlap, ýaş aýratynlyklary boýunça psihologik ösüş döwürleri bolýar. Şunuň bilen baglylykda, çagalyk 11 ýaşa çenli dowam edip, onuň her döwürde kemala gelmeli psihiki mehanizmleri bardyr. Çaga terbiýe bermegi bolsa, ol heniz ene göwresindekä başlap, üznüksiz dowam etmeli. ― Çaganyň ýaş aýratynlyklary boýunça psihologik ösüş döwürleri hakynda aýry-aýrylykda durup geçäýeliň. ― Iň ilkinji döwür çaga heniz enäniň göwresindekä başlanýar. Ylymda bu ösüş döwri mundan 30 — 40 ýyl ozal döräp, perinatal psihologiýa diýip atlandyrylýar. Onda entek dünýä inmedik çaga bilen enäniň nähili gatnaşyga girmelidigi barada aýdylýar. Şol döwürde enäniň başdan geçirýän emosional, psihologik ýagdaýy, özüni duýşy, daşky dünýäden alýan maglumaty, beýleki adamlara bolan gatnaşygy gös-göni göwresindäki düwünçege täsir edýär. Hatda çaga enäniň başdan geçirýän ýagdaýyny edil özüniňki ýaly kabul edýär, olar birlik, bitewilik bolup çykyş edýär. Çaga dünýä inenden soň, 1 ýaşa çenli onuň bäbeklik döwri hasaplanylýar. Şol aralykda çaganyň psihiki ösüşinde hökmany bolup geçmeli hadysalar bar. Mysal üçin, çaga aglap dünýä inmeli. Lukmanyň barlagynda ilkinji berilýän sowallaryň biri bu baradadyr. Ol dünýä inen çaganyň ösüşiniň kadalylygyndan habar berýär. Ýuwaş-ýuwaşdan çaganyň görşi, eşidişi kemala gelýär. Ilkinji üç aýda çagada diňe agy sesleri bolýar. Ol bimaza bolan ýagdaýynda diňe aglaýar. Ene süýdi bilen iýmitlendirýärkä, ejesi galagoply, aladaçyl halda bolsa, onda çaga aglap, emmekden ýüz öwürýär. Eger emäýse-de, hökman düwünýär. Ejesiniň rahat däldigi sebäpli çaga ― eje arasyndaky birlik, ýakynlyk bozulýar. Çaga özüni oňaýsyz duýýar. Bu ylymda subut edilen hakykatdyr. Şol sebäpli-de lukmanlar ejelere çagany gaharlanman, hiç zada ünsi sowman, gürlemän ene süýdi bilen iýmitlendirmegi maslahat berýärler. 3 - 4 aýlykda çagalarda güwwüldi sesi ýüze çykyp başlaýar. Ejesi, kakasy ýa uly adamlar lak atanda, çaga jogap hökmünde güwwüldi seslerini çykarýar. Bu çaganyň sözleýiş ulgamynyň kemala gelýändiginiň alamaty, gürlemäge taýýarlygydyr. Ol, ilki, bogunlary, bir ýaşynyň ahyryna çenli ilkinji sözlerini aýdýar. Bu döwürde çagada ýadyň kesgitli görnüşleri ösüp başlaýar. Mysal üçin, eger-de 3 aýlyk çaga: «Ýuwaş, aglama, öýde myhman bar» diýseň, elbetde, ol muňa düşünmez, emma 8-9 aýlyk çaga üm bilen «üşş» etseň, ol eýýäm şol hereketiň aňyrsynda näme bardygyny aňlap biler. Muňa psihologiýada aýdyň hereket pikirlenme diýilýär. 1 — 3 ýaş aralygy irki çagalyk döwri diýip atlandyrylyp, çagada başga psihologik mehanizmler kemala gelýär. Ol belli bir zatlary özi etmäge, ulularyň eden hereketlerini gaýtalamalaga çalyşýar. Çaga üç ýaşa çenli öz «meni» bilen ejesiniň arasyndaky tapawuda düşünmeýär. Ejem diýse, meň diýenim, men diýsem, ejemiň diýeni diýen bir bitewülikde ýaşaýar. Eýýäm üç ýaşynda çaga saýlaw edip, öz näme isleýänine düşünip başlaýar. Üns berseňiz, iki ýaşynda gürleýän çaga özi barada olluk ýöňkemede beýan edýändir. «Şu kimiň köýnegi?» diýen sowaly berseň, ol: «Meňki» däl-de, öz adyny tutup: «Enekäbäňki» diýip jogap gaýtarar. Üç ýaşly çagada bolsa «men» diýen düşünje döräp, şol sowala: «Meň köýnegim», «Meň ejem» diýip jogap berer. Şol bir wagtda üç ýaşly çagada diňe öz isleglerinden ugur alman, eýsem, daş-töwerekdäkileriň goýýan düzgünlerine laýyk hereket etmelidigi barada ilkinji düşünjeler döräp başlaýar. Mysal üçin, etme diýlen hereketi edende, çaga gözüňe seredýär. Eýýäm onda: «Maňa belli bir düzgün goýdular, menden ejemiň, kakamyň ýa çagalar bagyndaky terbiýeçiniň garaşmalary bar. Men şony ýerine ýetirdimmi ýa ýetirmedimmi?!» diýen oý-pikir döreýär. Çaga üç ýaşynda müňden gowrak sözi aýdyp bilmeli. 5 ýaşynda bolsa 50 sözlemden ybarat ertekini, hekaýany gürrüň bermegi başarmaly. Bu hadysa ene-atalaryň üns merkezinde bolmaly, eýýäm çagalar bagyna gidip gelen çaga şol ýerde bolup geçýän zatlary gürrüň bermeli. Çaganyň ýaşyna görä, bu aýratynlyklaryň ― psihologik ösüşiň dogry kemala gelmegine onuň daşky gurşawy täsirini ýetirýär. Mysal üçin, ejesi bilen kakasynyň gatnaşygy we ş.m. Mekdebe çenli çagalyk döwri 3 ýaşdan 5 ýa 6 ýaşy öz içine alýar. Bu döwürde çagada has hem özbaşdaklyk, bilesigelijilik ösüp kemala gelýär. Ol daş-töweregindäki zatlar barada yzly-yzyna sowal berýär. 6-7 ýaşda kiçi mekdep döwri başlanýar. Onda çaga jogapkärçiligi, zähmetsöýerligi öwrenýär. Öň erkin gezen çaga tertip-düzgün boýunça hereket etmeli bolýar. Bu käbir çagalarda kynçylyk, käbirlerinde bolsa mekdebe gitmek islegini döredýär. Özünden uly doganlarynyň täze eşik alýanyny görüp, çagalaryň şol eşikleri geýip, mekdebe gidesleri gelýär. Ozal çaganyň terbiýesinde, psihiki ösüşinde ene-ata ilkinji orunda duran bolsa, indi oňa mekdep mugallymlary, synpdaşlary gatnaşyp başlaýar. ― Maşgalada perzent terbiýesi hakynda söz açylanda, ilki bilen, köpçüligiň göz öňüne eje gelýär. Emma psihologik çeşmelere salgylansak, perzent terbiýesinde kaka has aýgytly orny eýeleýär. Muňa siziň garaýşyňyz nähili? ― Çaganyň dünýä inmegine ata-da, ene-de deň gatnaşýar. Şol sebäpden ikisiniň hem çaga terbiýesinde, ösüşinde ýerine ýetirýän orny uludyr. Oglanyň terbiýesinde kaka gös-göni ilkinji orunda çykyş edýär. Kaka hojalyk işlerini edende, kiçijikdigine garamazdan, ogluna dürli ýumuşlary buýurmagy, iş gurallaryny saklatmagy çagada özüne bolan ynamyň döremegine ýardam edýär. Kakanyň göreldesi, gatnaşygy oglanyň zähmet terbiýesiniň kemala gelmeginde juda wajypdyr. Eje, adatça bolşy ýaly, gyzyna öý-hojalyk işlerini alyp barmagy, özünde zenana mahsus gylyk-häsiýetleri terbiýelemegi, işeňňir bolmagy, durmuş kynçylyklaryna döz gelmegi öwredýär. Kaka bolsa gyzyň duýgy-emosional garaşsyzlygynyň kemala gelmeginde, maşgalada är-aýal gatnaşyklarynyň borjy barada göz öňüne getirmeleriň döremeginde uly orny eýeleýär. Kakanyň gyzyna bolan gatnaşygy onuň öz-özüni bahalandyryşyna, ar-namyslylygyna täsir edýär. Kaka öran işli bolsa-da, gyzy bilen gürrüňdeşlige wagt tapmalydyr. Onuň daşky keşbinde döreýän ütgeşmeleri görüp, olary öwmelidir. Kakalaryň gyzlaryna bolan sagdyn hem dogry söýgüsi olaryň durmuşda üstünlik gazanmagyna ýardam berýär. Gyz üçin kakasynyň diňe özüne bolan söýgüsini duýmak ýeterlik däldir. Ol kakasynyň ejesine bolan söýgüsini hem duýmalydyr. Sebäbi kaka gyz üçin goragçynyň, halas edijiniň ornunda çykyş edýär. ― Göreldemi ýa terbiýe? ― Çagany kitapda, suratda ýa ýene bir ýerde şeýle hereket etmeli diýlip ýazylandygy esasynda terbiýelemek başga, oňa görelde görkezmek başga. Mysal üçin, öýünde wagt geçirmeýän ejäniň gyzyna öýden çykma diýip tabşyrmagy, elbetde, netijesizdir. Aslynda, hemme zat özümizden ― ene-atalardan başlanýar. Ejäniň gaýny bilen gatnaşygy onuň gyzyna, kakanyň ejesi bilen gürleşişi ogluna geljekki maşgala gatnaşyklarynda nusga bolýar. Görelde, meniň pikirimçe, terbiýede 50 göterimdenem artyk orny eýeleýär. Elbetde, nesle geçijilik faktoryny inkär edip bolmaýar. Adam sosialdyr. Onuň nesle geçijilik faktorlarynda bar diýseňem, şol nesle geçijilik faktoryny ýüze çykarmaga täsir edýän zat ýene sosial gurşawdyr. Nesle geçijilik diýlende, çaganyň temperamenti göz öňünde tutulýar. Ol jaýyň düýbüniň binýady ýalydyr. Onuň esasynda gylyk emele gelýär. Bir temperament gowy, beýlekisi erbet diýip bilmeris. Ene-ata çaganyň temperamentini ýüze çykaryp, şonuň haýsy gowy häsiýetini ösdürip boljakdygy hakynda oýlanmaly. Mysal üçin, halerik temperamentli çaga kiçilikden çalt gaharlanýar. Bu durmuşda oňa peýda getirmeýär. Şonuň üçin ene-ata çaga gaharjaňlyga erk etmegi öwretmeli. Oňa bu işde goldaw bermeli. Sangwinikleriň şadyýanlygy, esentanyşlygy aldawçylygyň ýüze çykmagyna, jogapkärçiligiň peselmegine getirip bilýär. Şol sebäpli ene-ata bu çagada jogapkärçiligi ösdürmeli. Flegmatik rahat, parahat bolsa, ony öz ugruna goýberseň, elbetde, ýalta bolar. Olary elmydama ruhlandyryp, bir işe iterip durmaly. Melanholikleriň özüne ynamy pes bolýar, şeýle çagada ynamy döredip bilseň, olaryň almajak galasy ýokdur. Görşümiz ýaly, terbiýe iň agyr iş. Biz ony özümizi terbiýelemekden başlamaly. Munuň üçin bolsa hiç haçan ir hem däl, giç hem. ― Çaga terbiýesinde birinji orun ene-ata degişli bolsa, soňky orunlary kim eýeleýär? ― Daşky gurşaw, mugallym. Onsoňam türkmenleriň maşgala gurluşy çylşyrymly häsiýete eýedir. Oňa diňe eje, kaka däl, ene, ata, mama, baba, daýy, daýza, pylan kaka, pylan eje, hatda goňşularam goşulýar. Bir şahyryň: «Mugallym bar, ykballary üýtgedýän» diýşi ýaly, başlangyç synpdaky çaga üçin mugallymyň abraýy eje-kakaňkydan ýokarda durýar. Ýetginjeklikde deň-duşlarynyň abraýy öňe geçýär. Aslynda, pedagogikada okatmak bilen terbiýe bermek bile alnyp barylýar. Mugallym beren biliminiň netijesini synagda bahalandyrýar, emma terbiýesiniň netijesini onuň beýlekiler bilen gatnaşygy, durmuşda gazanan üstünligi boýunça kesgitläp bilýär. Ene-atanyň terbiýesine hem çaga seredip netije berip bolýar. ― Bir günde çaganyň ene-atadan hökman eşitmeli sözleri näme? ― «Sen maňa gerek», «Men seni söýýän», «Sen başararsyň». Çaga nähili hereket edende-de ene-ata özüniň gerekdigini, söýülýändigini elmydama duýmaly, şoňa ynanmaly. Üns berilýändigini bilmeli. Çagany ýygy-ýygydan gujaklap durmaly. Onuň bilen köp gürleşmeli. Iň bärkisi daşarda bile gezip ýörkäň, daş-töwerek bilen bagly sowallary bermeli. ― Selbi Allaberdiýewna, söhbetdeşlik üçin köp sag boluň. Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň saýasynda şu günki çaganyň geljekki kämil şahsyýet bolup ýetişmegi, ýurdumyzyň ösüşlerine goşant goşmaklary üçin uly şertler döredilýär. Size-de alyp barýan mugallymçylyk we ylym ugurly işleriňizde üstünlikleri arzuw edýäris. ― Sag boluň, çaga edebi bilen bagly ýörelgeler türkmen halkynyň milli ruhy gymmatlyklarydyr. Terbiýeli nesil jemgyýetde maşgala gatnaşyklarynyň berk hem kämil bolmagyna oňyn täsirini ýetirýär. Şol sebäpden şu günki nesil adamzadyň ertiridir. Goý, halkymyzy ösüşleriň ýoly bilen nurana ertirlere alyp barýan, nesil terbiýesi hakynda aýratyn uly adala edýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň janlary sag, belent başlary aman bolsun! Söhbetdeş bolan Aýsenem GURBANOWA, «Watan».
Halkara giňişlikde
Talyplaryň tomusky tejribeligi Hormatly Prezidentimiziň tagallalary bilen soňky ýyllarda ýurdumyzyň bilim ojaklary daşary döwletleriň abraýly ýokary okuw mekdepleri, ylmy-barlag merkezleri, iri kompaniýalary bilen halkara hyzmatdaşlygynyň gerimini yzygiderli giňeldýärler. Bu ugurda durmuşa geçirilýän halkara bilim maksatnamalary, özara alyşmalar professor-mugallymlar, talyplar üçin bilim, ylmy-gözleg hem-de hünär taýdan ösüş babatda täze mümkinçilikleri açýar. Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň talyplarynyň Birleşen Arap Emirlikleriniň Abu-Dabi şäherindäki Khalifa uniwersiteti tarapyndan guralan «Daşary ýurtly talyplar üçin tomusky energetika lageri» atly okuw maksatnamasynyň çäginde okuw-önümçilik tejribeligini geçmekleri hem munuň bir mysalydyr. Tejribeligiň esasy maksady meşhur «ADNOC» kompaniýasynyň alyp barýan önümçilik işleri bilen tanyşmakdan, Khalifa uniwersitetiniň okuw we ylmy işler boýunça tejribesini öwrenmekden ybarat boldy. Abu-Dabide bolmagynyň dowamynda talyplar agzalan bilim ojagynda häzirki zaman nebitgaz tehnologiýalary, emeli aňyň energetika pudagyna ornaşdyrylyşy babatda görülýän çäreler, onuň tejribehanalarynda geçirilýän ylmy-barlag işleri, öňdebaryjy önümçilik usullary, okuw merkezleridir muzeýleri bilen içgin tanyşdylar. «Gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleri», «Guýulary burawlamak», «Nebitiň we gazyň inženerligi», «Gatlak flýuidleriň häsiýetleri» atly mowzuklar boýunça guralan gysga möhletli okuwlar olaryň nazary bilimlerini has-da kämilleşdirmekde ähmiýetli boldy. Şu günler Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň talyplary bolsa ABŞ-nyň Kent döwlet uniwersitetiniň Italiýanyň Florensiýa şäherindäki şahamçasynda tomusky tejribe-okuw sapaklaryny geçýärler. Iki ýokary okuw mekdebiniň arasynda hereket edýän özara düşünişmek hakynda Ähtnama laýyklykda guralýan bu okuwlar talyplara diňe bir nazary bilimlerini çuňlaşdyrmaga däl, eýsem, halkara gurşawda öz ugurlary boýunça amaly ukyplaryny ösdürmäge-de mümkinçilik berýär. Olar baý taryhy, medeniýeti we sungaty bilen dünýäde giňden ykrar edilýän Florensiýa şäherinde dürli ýurtlardan gelen deň-duşlary bilen dostlaşyp, bilimlerini paýlaşýarlar, dil başarnyklaryny kämilleşdirýärler. Taýýarlan Aýgül RAHYMOWA. «Türkmenistan».
Ömür menzilleri
Durmuşda hüý-häsiýeti, zähmeti, umuman, ýaşan ömri bilen köpe görüm-görelde görkezýän ynsanlar bolýar. Olar aramyzda bolmasa-da, ýagşylykda ýatlanýar, olaryň aýdan sözleri, amallarydyr eden işleri ýada salnyp, ybrat alynýar. Şeýle ynsanlaryň biri hem manyly ömrüniň kyrk ýylyny mugallymçylyk kärine bagyşlan Gurbanmämmet Gurbandurdyýewdir. Ol 1938-nji ýylda Gökdepe etrabynyň Akgoňur obasynda dünýä inýär. Onuň çagalygy Beýik Watançylyk urşunyň kynçylykly ýyllaryna gabat gelýär. 1943-nji ýylda kakasy uruşda wepat bolandan soň, maşgalanyň keşigi-de Gurbanmämmediň çaga gerdenine düşýär. Gündiz kolhoz işinden surnugyp gelen oglanjyk gije şütük çyrasynyň ýagtysyna kitap okap, mekdepde berlen öý ýumuşlaryna taýýarlanýar. Okuwa yhlaslydygyny aňan mekdep müdiri oňa raýon merkezindäki mekdep-internatda okamagy maslahat berýär. Şeýlelikde, Gurbanmämmet şondan soň Gökdepe etrabyndaky 1-nji mekdep-internatynda okap başlaýar. Orta mekdebi sap bäşlige tamamlan ýetginjek gurluşyk ulgamynda işleýär. Bu ýerde-de ol özüniň zähmetsöýerligi, erjelligi, zehinliligi bilen tanalýar. Ylma höwesli Gurbanmämmet 1957-nji ýylda häzirki Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň biologiýa-geografiýa hünärine okuwa girýär. 1962-nji ýylda bu ýokary okuw mekdebini tapawutlanan diplom bilen tamamlaýar. Ýokary okuw mekdebini üstünlikli tamamlan ýaş hünärmeni 1962-1963-nji okuw ýylynda Gökdepe etrabynyň Ýaňgala obasyndaky 20-nji orta mekdebe işe ýollaýarlar. Onuň bilimine, sapak geçişine ýokary baha berlip, uzak wagt geçmänkä, direktoryň okuw işleri boýunça orunbasary wezipesine bellenilýär. Gurbanmämmedi 1963-1964-nji okuw ýylynda öz okan ýokary okuw mekdebine işe çagyrýarlar. Bu ýerde ol ömrüniň agramly bölegini geografiýa boýunça ýokary bilimli hünärmenleri taýýarlamaga bagyşlaýar. 1968-nji ýylda Gurbanmämmet Gurbandurdyýew uniwersitetiň ýanyndaky aspiranturanyň gaýybana bölümine okuwa kabul edilýär. Göreldeli alym, professor Kerim Weýisowyň ylmy ýolbaşçylygynda «Köpetdagyň klimaty» atly tema boýunça geografiýa ylymlarynyň kandidaty diýen alymlyk derejesini almak üçin düýpli ylmy barlaglary we gözegçilik işlerini alyp barýar. Ol 1974-nji ýylda Daşkent döwlet uniwersitetiniň alymlar geňeşiniň maslahatynda geografiýa ylymlarynyň kandidaty diýen alymlyk derejesini alýar. 1985-nji ýylda uniwersitetiň fizika-geografiýa kafedrasynyň dosenti bolýar. Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň ilkinji ýyllarynda halypa alym ýurdumyzyň umumybilim berýän orta we ýokary okuw mekdepleri üçin maksatnamalary, okuw kitaplaryny we gollanmalaryny taýýarlap, milli bilim ulgamyny ösdürmäge öz mynasyp goşandyny goşdy. Öz kärdeşleri bilen bilelikde taýýarlan 6-njy synp üçin «Fiziki geografiýa», 7-nji synp üçin «Materikler we ummanlar geografiýasy», 8-nji synp üçin «Türkmenistanyň fiziki geografiýasy», 12-nji synp üçin «Astronomiýa» okuw kitaplary ençeme gezek neşir edildi. Bulardan başga-da, onuň «Wagt we kalendar», «Ýyldyzlar barada söhbet» ýaly kitaplary köpçülik tarapyndan oňat garşylandy. Ýurdumyzda geografiýa ylmynyň ösmeginde saldamly goşant goşan alym, geografiýa ylymlarynyň kandidaty, dosent Gurbanmämmet Gurbandurdyýewiň ömür we ylym ýoly ýaş alymlar üçin görelde mekdebidir. Gurbanmyrat ATAÝEW, Garaşsyzlyk etrabynyň ýaşaýjysy.
«Hünär meselesi — adamyň ykbaly»
Ýurdumyzyň ýokary we orta hünär okuw mekdeplerine resminamalary kabul etmek möwsümi başlandy Hünär saýlawy ýaşlyk döwrüniň iň esasy menzilleriniň biri. Çünki biziň saýlan hünärimiz jemgyýetdäki ornumyzy, durmuşdaky maksadymyzy we geljekki ýolumyzy kesgitleýär. Şoňa görä-de, 10-njy iýulda geçirilen Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde döwlet Baştutanymyzyň 2026-njy ýylda ýokary we orta hünär okuw mekdeplerine okuwa kabul etmegiň meýilnamasyny, ýokary we orta hünär okuw mekdeplerine okuwa kabul etmek boýunça döwlet toparynyň düzümini, 2026-2027-nji okuw ýylynda Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasynyň okuwlaryna kabul etmegiň meýilnamalaryny tassyklamak hakynda Buýruklara gol çekmegi hem-de okuwa girmäge isleg bildirýän ähli ýaşlara uly üstünlikleri arzuw etmegi täze menzillere badalga boldy. Orta mekdebi tamamlap, uly durmuşa gadam basýan ýaşlaryň her biri üçin iň süýji arzuwlaryň biri hem talyp bolmakdyr. Sebäbi talyplyk diňe bir ýokary okuw mekdebinde bilim almak döwri däl, eýsem, täze mümkinçilikleriň, täze gözýetimleriň we uly maksatlaryň başlanýan döwri. Öz geljegimizi saýlanymyzda bolsa, ilkinji nobatda, ýüregimiziň islegine daýanmalydyrys. Gahryman Arkadagymyzyň nygtaýşy ýaly, «Adamyň iň gowy başarjak işi onuň göwnünde otyr, şoňa görä, haýsydyr bir işe ymykly baş urmazdan öňürti, göwnüňi diňlemek zerur. Göwnüňi diňlemek — bu özüňi açmakdyr, öz-özüňi diňlemekdir, öz-özüň bilen maslahatlaşmakdyr». Halkymyz hünär saýlamak meselesine örän oýlanyşykly çemeleşýär. Çagalaryň hünär saýlamaklaryna garaýyşlary bilen yzygiderli gyzyklanyp durmak türkmen jemgyýetinde asylly däpdir. Çagalar bagynda ýa-da 1-nji synpa baranymyzda: «Geljekde kim bolasyň gelýär?» diýlip soralmagy hem kiçilikden hünär terbiýesine berilýän ünsüň nyşanydyr. Käbirimiz çagalyk arzuwlarymyza ymtylyp, lukman, mugallym, inžener ýa-da uçarman bolmagy maksat edinýäris. Käbirlerimiz bolsa, döwrüň talap edýän täze ugurlaryna — tehnologiýa, innowasiýa, ylmy barlaglara gyzyklanma bildirýäris. Ýöne haýsy hünär saýlansa-da, esasy zat, şol käre söýgi bilen çemeleşmek, ony kämil derejede özleşdirmekdir. Asyl-ha, käriň, hünäriň, işiň erbedi ýok. Ykbalyny göwün söýen işine baglan ynsan şondan rysgal hem tapýar. Hünär saýlawy hemişe aňsat ýol däl. Mugallymlarymyzyň, hossarlarymyzyň: «Ulalaňda kim boljak?» diýen sowalyna berilýän jogaplar, köplenç, wagtyň geçmegi bilen soňky saýlan hünärimize gabat hem gelip durmaýar. Durmuş arzuwlarymyza düzedişlerini girizip, bizi başga akaba gönükdirýär. Käbirlerimiz bolsa ata-enelerimiziň islegi bilen öz arzuwymyzyň arasynda galýarys. Şunda haýsy hünäri saýlaýandygymyza garamazdan, her bir arzuwyň aňyrsynda irginsiz zähmetiň, erjelligiň we ynamyň bardygyny hem ýatdan çykarmaly däldiris. Arzuwlaryna ýetmek üçin gijesini gündiz edip okaýan, bilim goruny yzygiderli baýlaşdyrýan, pikir-garaýyşlaryny beýik maksatlara gönükdirýän ynsanyň öňünde mümkinçilikleriň gapysy elmydama açykdyr. Milli Liderimiz «Ömrümiň manysynyň dowamaty» kitabynda her bir ynsanyň sagdyn bolmagy, ýaşaýyş hakdaky garaýyşlarynyň giňelmegi, zehinleriniň açylmagy we döwre, döwlete hem-de bagtyýar geljege mynasyp adamlar bolup ýetişmegi üçin örän ähmiýetli bolan terbiýäniň on iki görnüşini giňişleýin beýan edýär. Şolaryň arasynda kär-hünär terbiýesi hem aýratyn orun eýeleýär. Terbiýäniň bu görnüşi ýaşlara diňe bir hünär öwretmän, eýsem, durmuşda dogry ýol saýlamaga, öz mümkinçiliklerine ynanmaga we hemişe ösüşe ymtylmaga kömek edýär. Kitapda beýan edilýän öwüt-ündewler, durmuş sapaklary bolsa biz — ýaşlar üçin mizemez mekdepdir. Şeýle gymmatly ýörelgeler esasynda kemala gelýän ýaş nesilleriň ykbalynda iň jogapkärli döwür başlandy: ýurdumyzyň ýokary we orta hünär okuw mekdeplerine resminamalary kabul etmek möwsümine girişildi. Ilkinji gününden başlap, bu möwsümiň ýokary işjeňlige eýe bolýandygyny bellemelidiris. Şunda okuwa kabul etmek 2026-njy ýylyň 13-nji iýuly — 24-nji awgusty aralygynda guralyp, giriş synaglary ýokary we orta hünär okuw mekdepleriniň ýerleşýän ýerinde geçiriler. 10-njy iýulda geçirilen Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde Arkadagly Gahryman Serdarymyz ýokary okuw mekdeplerine zehinli, mynasyp ýaşlary kabul etmegiň, giriş synaglaryny guramaçylykly we adalatly geçirip, jemgyýetçilik gözegçiligini ýola goýmagyň möhümdigine ünsi çekdi. Bilimli, hünärli we kämil ýaşlar jemgyýetimiziň ösüşini, Watanymyzyň kuwwatyny hem-de halkymyzyň bagtyýar geljegini kesgitleýän esasy güýçdür. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiziň milli ykdysadyýetiň ähli ugurlary boýunça zerur bolan hünärmenleri taýýarlamak maksady bilen, ýokary we orta hünär okuw mekdeplerinde täze, döwrebap hünär ugurlaryny kesgitlemek baradaky tabşyryklaryna laýyklykda, 2026-2027-nji okuw ýylynda täze hünärleriň ençemesiniň açylýandygyny buýsançly bellemelidiris. Ýaşlaryň dürli ugurlardan hünärmen, bakalawr we magistr maksatnamalary boýunça ýokary bilim alyp, öz işine ussat hünärmenler bolup ýetişmegi üçin giň mümkinçilikler bar. Şu okuw ýylyndan täze hünärleriň ençemesiniň açylmagy bilen okuwa kabul edilýän ýaşlaryň sany hem artar. Biz hem dalaşgärleriň ählisine giriş synaglarynda şowlulyklaryň ýar bolmagyny tüýs ýürekden arzuw edýäris. Olaryň her biriniň öňünde bolsa uly ýol — hünär saýlawy dur. Bu saýlaw hünär öwrenjek bilim ojagyňy saýlamak däl. Bu saýlaw — ykbalyňy, geljegiňi saýlamak. Çünki Gahryman Arkadagymyzyň nygtaýşy ýaly, «Hünär meselesi — adamyň ykbaly. Ykballar birleşip, halkyň ykbalyny emele getirýär. Halkyň ykbaly bolsa ýurduň, döwletiň ykbalydyr». Atamyrat ÝAZWELIÝEW, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň talyby, «Nesil».
Молодые строители осваивают сейсмологию
В эру Возрождения новой эпохи могущественного государства благодаря неустанным усилиям Национального Лидера туркменского народа, Председателя Халк Маслахаты Туркменистана Героя-Аркадага и Президента Туркменистана Сердара Бердымухамедова в стране создаются все условия для укрепления взаимосвязи науки, образования и производства. Институт сейсмологии и физики атмосферы Академии наук Туркменистана стал учреждением, где после окончания экзаменов проходят производственную практику студенты Туркменского государственного архитектурно-строительного института. Молодые люди были воодушевлены новыми впечатлениями, готовы к погружению в реальную науку. Этот визит – не просто формальное выполнение учебного плана, а долгожданная встреча будущих коллег. Дело в том, что не так давно по инициативе академических учёных в данном институте была открыта принципиально новая, стратегически важная для региона специальность – «сейсмология и сейсмостойкое строительство». Таким образом, ведущие научно-исследовательские кадры страны уже со студенческой скамьи готовят надёжную смену кадров для отрасли. Объединение исследовательского и учебного процессов также позволяет формировать специалистов нового поколения, способных внедрять инновации в градостроительство и обеспечивать безопасность инфраструктуры. Программа практики была насыщенной до предела. Знакомство с Институтом началось с изучения его структуры, посещения действующих лабораторий и базовой лекции на тему: «Сейсмология и геофизика: их значение и актуальные исследования». Вместе с ведущими специалистами Института студенты детально разбирали фундаментальные понятия – от природы сейсмических волн, эпицентров и гипоцентров до тонкостей определения магнитуды и интенсивности подземных толчков. Главный акцент научные сотрудники Института, выступившие в роли лекторов, преподавателей и научных руководителей, сделали упор на практическом применении геофизических методов для прогнозирования землетрясений и снижения рисков. Внимание уделено геохимическому анализу, изучению связи между вариациями радона и молекулярного водорода в контексте «подготовки» воплощения сейсмических событий. Для будущих архитекторов стала интересной информация о влиянии конкретных грунтовых условий на интенсивность колебаний городских строений и сложных транспортных узлов, в частности, мостов-развязок. В итоге теоретические слушания быстро переросли в научную дискуссию, где студенты смогли задать вопросы специалистам и представить собственный взгляд на проблемы безопасного градостроительства. Вопросы касались проблемы прогнозирования землетрясений, которая включает предсказание возможного места толчка, его силы и промежутка, времени. О последнем пока точно сказать сейсмическая наука не может, хотя и в этом направлении учёными-геофизиками всего мира ведутся многолетние исследования. Точно можно утверждать, что в определённых регионах планеты без уточнения расчётной сейсмичности, рекомендаций сейсмологов сегодня возводить что-либо нежелательно. Практика последних лет в разных регионах планеты показала, к каким печальным последствиям приводит пренебрежение к разработкам учёных. Изучая свойства грунтов, можно определить, как они поведут себя при максимальном землетрясении. Такие знания нужны проектным и строительным организациям для упорядочения работы. Также для студентов была организована лекционная площадка, знакомство с научной литературой, изданной сотрудниками Института за последние годы: это профильный учебник «Определение сейсмической интенсивности землетрясений», подробно описывающий физическую природу сейсмических волн и методы их локализации; справочник «Усиление национального потенциала по оценке сейсмических рисков, предупреждению и реагированию на потенциальные землетрясения»; методическое пособие «Сейсмические риски» для вузов, а также впервые в истории отечественной сейсмологической науки – трёхъязычный (туркменский, русский и английский) толковый словарь, включающий более двух тысяч терминов по геологии, геофизике и сейсмологии. Академические наставники делились с молодёжью последними результатами уникальных исследований. Например, студенты узнали, как с помощью высокоточного нивелирования и светодальномерных наблюдений фиксируются вертикальные и горизонтальные движения земной коры на геодинамических полигонах. Не меньший интерес вызвали доклады о предвестниках подземных бурь, гидрогеологическом мониторинге, отслеживании уровня минерализации и температуры подземных вод как важнейшего индикатора изменения напряжённо-деформированного состояния недр. Особое впечатление на ребят произвело посещение Службы срочных донесений научного Института, куда поступают данные с 35 сейсмических станций со всей страны. Здесь они воочию увидели, как академическая база и современные технологии работают на стыке науки и практики. Живой интерес у будущих строителей вызвала демонстрация работы современных цифровых сейсмостанций и автоматизированных систем мониторинга, обрабатывающих данные в режиме реального времени. Практика – новый, ещё более глубокий этап соединения академической науки и образования, мост от теоретических знаний к практической работе. Научное сотрудничество Института и вуза продолжится: планируется создание исследовательской лаборатории непосредственно на базе Туркменского государственного архитектурно-строительного института, объединение ресурсов для решения прикладных задач и привлечение студентов к реальным проектам под руководством практикующих учёных. Это позволит оперативно обновлять учебные программы, даст учащимся прямой доступ к передовому оборудованию и научным данным, обеспечивать ускоренный переход от студенческой скамьи к производству, закладывать прочный фундамент в сейсмическую безопасность будущего нашей страны. Мяхриджемал ХЫДЫРКУЛИЕВА, заведующая лабораторией геофизического мониторинга Института сейсмологии и физики атмосферы Академии наук Туркменистана.
Ykjam taýýarlyk görülýär
Häzirki ajaýyp döwrümizde ýaş nesliň döwrebap bilim almagyny gazanmak döwlet syýasatynyň esasy ugurlarynyň biri bolup durýar. Bu ugurda Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallalary netijesinde uly özgertmeler durmuşa geçirilýär. Häzirki günlerde ýurdumyzyň ähli ýerlerinde bilim ojaklaryny täze 2026 — 2027-nji okuw ýylyna taýýarlamak işleriniň çäklerinde abatlaýyş, abadanlaşdyryş işleri gyzgalaňly alnyp barylýar. Hemmetaraplaýyn abatlaýyş işleri geçirilen, täze okuw ýylyna doly taýýar mekdeplerde, çagalar baglarynda ýaş nesliň döwrebap hem ýokary hilli bilim-terbiýe almaklary üçin ähli tagallalar edilýär. Ösüp gelýän ýaş nesliň oňat okamagy, bilim işgärleriniň döredijilikli zähmet çekmekleri, bilim edaralarynda alnyp barylýan okuw-terbiýeçilik işleriniň ýokary derejede ýerine ýetirilmegi täze okuw ýylyna taýýarlyk işleriniň netijeliligine bagly bolup durýar. Täze okuw ýylyna taýýarlyk işlerini göwnejaý alyp barmakda arassaçylyk we abatlaýyş işleri hem-de bilim ojaklarynyň döwrebap enjamlar, görkezme esbaplar bilen üpjün edilmegi möhüm ähmiýete eýedir. Umumybilim berýän orta mekdepleriň ähli synp otaglary, sport meýdançalary we zallary giň mümkinçiliklere eýedir. Mekdep kitaphanalarynda hem işler göwnejaý guralyp, bar bolan okuw kitaplary gözden geçirilýär we rejelenip goýulýar. «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda täze okuw ýylyna ykjam taýýarlyk görmek we ony mynasyp garşylamak bu ulgamda gazanyljak täze üstünlikleriň, belent sepgitleriň berk binýadydyr. Ösüp gelýän ýaş nesliň çuňňur bilimli, Watanymyza, halkymyza wepaly ýaşlar bolup ýetişmegi ugrunda uly tagallalar edýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, il-ýurt bähbitli beýik işleri hemişe rowaçlyklara beslensin! Ümürjan GURBANGYLYJOWA, Balkanabat şäherindäki 20-nji orta mekdebiň mugallymy.
Eziz Watanymyza buýsanç
Bagtyýar halkymyz toý-baýramly günlere buýsanyp, döredijilikli zähmet çekýär. Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallalary netijesinde eziz Watanymyz beýik ösüşlere beslenýär. Häzirki taryhy döwür beýik ösüşleri, bagtyýarlygy peşgeş berýär. Halkymyz bagtyýarlyga, beýik ösüşlere buýsanyp, mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk toýuna uly ruhubelentlik bilen barýar. Berkarar ýurdumyz mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyly içinde uly hem-de şöhratly ýoly geçdi. Ýurdumyzyň içeri syýasatynda jemgyýetiň durmuşynyň ähli ugurlarynda düýpli özgertmeler amala aşyrylyp, halkymyzyň, her bir raýatyň bagtyýarlygy üpjün edildi. Munuň özi ýurdumyzy dünýäniň iň ösen we öňdebaryjy döwletleriniň biridigini aýdyň beýan edýän subutnamadyr. Şeýle hem durmuşa geçirilýän beýik işleriň netijesinde milli ykdysadyýetimiz ösdürilýär, halk bähbitli işler üstünlikli amala aşyrylýar. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Türkmenistan hemmetaraplaýyn sazlaşykly ösýän ýurt hökmünde dünýäde giňden ykrar edilýär. Halkymyzyň agzybirligi, gujur-gaýraty, zähmetsöýerligi, döredijilik mümkinçilikleri täze taryhy döwürde ýurdumyzy ösdürmegiň baş şerti bolup durýar. Ajaýyp zamanamyzda gazanylan üstünlikleri has-da berkitmek, Watanymyzyň kuwwatyny mundan beýläk-de pugtalandyrmak asylly maksatlaryň biridir. Munuň özi diňe bir şu günki ösüşi däl, eýsem, röwşen geljegi hem üpjün edýär. Hut şonuň netijesinde ýurdumyz ösüşiň has ýokary sepgitlerine eýe bolýar, ýaşaýyş-durmuşymyza döwrebap mümkinçilikler ornaşdyrylýar. Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistany durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek, halkyň hal-ýagdaýyny gowulandyrmak babatynda oýlanyşykly işlenip düzülen we häzirki wagtda üstünlikli durmuşa geçirilýän işler aýratyn bellenmäge mynasypdyr. Munuň özi ýurdumyzda her bir raýatyň döredijilikli işlemegine, bagtyýar durmuşda ýaşamagyna gönükdirilen aýdyň işlerdir. Hut şonuň üçin hem halkymyzyň döredijilik mümkinçiligi, ösüşlere goşant goşmaga bolan ylhamy has-da ýokarydyr. Bu bolsa eziz halkymyzyň döwlet bilen jebisligini pugtalandyrýar. Bularyň ählisi mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şöhratly ýoluny has-da rowaçlandyrýar. Çünki halkymyz Watanyň ösüşlerine goşant goşmak bilen Garaşsyzlygymyzy, asylly ýörelgelerimizi has-da şöhratlandyrýar. Bellenilişi ýaly, Garaşsyzlyk milletiň ruhuna ruh, mertebesine mertebe, dowamatyna dowamat goşýar. Bagtyýar halkymyzyň döwletli bosagasynda şanly sene — döwletimiziň mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk toýy dur. Mukaddes Garaşsyzlyk geçmişimize bolan sarpa, geljegimize bolan uly ynamdyr. Garaşsyzlyk şuglasyndan nur alýan ajaýyp ýolumyz parlak geljegimiziň aýdyň ýoludyr. Bu mukaddes ýol beýik-beýik işler bilen, giň gerimli maksatnamalar bilen yzygiderli ösdürilýär. Jahan HYDYROWA, Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň mugallymy.
Sapaly dynç alyş dowam edýär
Häzirki wagtda çagalaryň şadyýan tomusky dynç alyş günleri dowam edýär. Gür bagly, salkyn saýaly, dury çeşmeli hem-de beýik dagly ýurdumyzyň gözel künjegi — Gökderede çagalaryň şadyýan sesleri al-asmana göterilýär. Her tapgyrda bu ýere dynç almaga gelýän çagalar dabaraly ýagdaýda guramaçylykly kabul edilýär. Ýörite düzülen meýilnama esasynda hem-de çagalaryň ýaş aýratynlyklaryna, isleglerine we ukyplaryna laýyklykda, olar merkezlerde hereket edýän gurnaklara ýazylýarlar. Dynç alýan çagalar bilen gurnaklarda döredijilik häsiýetli dürli görnüşli çäreler guralýar. Çagalar bilen gezelençler, zehin bäsleşikleri, sport ýaryşlary, aýdym-sazly şüweleňler geçirilýär. Dynç alyş möwsüminiň ikinji tapgyrynyň dowam edýän häzirki günlerinde bu ýerdäki dynç alyş we sagaldyş merkezleriniň çagalarynyň arasynda birnäçe merkezara bäsleşikler guralýar. Ýakynda Türkmenistanyň Bilim ministrligi, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkezi bilen bilelikde Gökderedäki «Beýik Serdaryň ruhubelent nesilleri» çagalar dynç alyş we sagaldyş merkezinde «El hünäri – il gezer» diýen at bilen milli el işleriniň görnüşlerini ýerine ýetirmek, dürli materiallardan döredijilik işlerini ýasamak boýunça merkezara bäsleşik geçirildi. «Beýik Serdaryň ruhubelent nesilleri» dynç alyş we sagaldyş merkeziniň salkyn saýaly ýerlerinde çagalar tebigy serişdelerden dürli görnüşli gözellikleri ýasadylar. Ýelimdir dürli reňkleriň sazlaşygyndan, guran ot-çöplerden, agaç şahalarydyr ýapraklaryndan täze bir ajaýyp eser döretdiler. Saýaly çynaryň goýry kölegesinde, Altyýap çeşmesiniň kenarynda sazandalar toparynyň ýerine ýetirmeginde dutarda milli türkmen sazlary ýaňlandy. Ol ýerde eli hünärli ýaşajyk zergär oglanlaryň ýasaýan gülýakalarydyr ýüzükleri dynç alýan çagalary haýran galdyryp, bu hünäre gyzyklanma we söýgi döretdi. Bäsleşigiň geçip duran pursadynda çagalary hünäre gönükdirmek, hünäre söýgi döretmek, olaryň dünýägaraýşyny giňeltmek, täze maglumatlary öwretmek maksady bilen, Arkadag şäher Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýiniň göçme sergisi hem guraldy. Muzeý işgärleri gadymy taryhy gymmatlyklarymyzy görkezmek bilen, ata-babalarymyzyň zehin başarnygy bilen ýerine ýetiren işleriniň biziň günlerimize çenli kämilleşdirilip gelip ýetendigi hem-de agaç ussaçylygy, halyçylyk, keşdeçilik, zergärçilik, küýzegärlik, awçylyk, balykçylyk ýaly hünärler bilen çagalary giňişleýin tanyş etdiler. Şeýle hem bäsleşikde gyzlar el işleriniň dürli görnüşlerini ýerine ýetirmek, haly dokamak, keşde çekmek, alaja örmek, reňkleri we nagyşlary saýlamak boýunça özara bäsleşdiler. Ata-babalarymyz «El hünäri — il gezer» diýipdirler. Bäsleşigiň dowamynda ak gyňaçly enelerimiz hem ýetginjek gyzlara ene-mamalarymyzyň görüm-göreldesi bilen gözbaşyny asyrlaryň jümmüşinden alyp gaýdan milli mirasymyz, däp-dessurlarymyz, gelin-gyzlarymyz tarapyndan ýerine ýetirilen el işleri barada täsirli gürrüň berdiler. Gadymy el işlerimiziň şu günlerimize çenli gelip ýetendigi, ýaşlaryň hem şol gymmatlyklarymyzy kämilleşdirip, geljek nesillere ýetirmelidigi barada peýdaly maslahatlary berdiler, el işleri, dürli nagyşlar bilen bagly gyzykly rowaýatlary aýtdylar. Bäsleşik terbiýeçilik hem öwredijilik häsiýete eýe bolup, türkmen halkynyň asylly däp-dessurlaryny ýetginjek gyzlaryň arasynda wagyz etmekden hem-de ýatdan çykmajak şatlykly pursatlardan ybarat boldy. Bäsleşige gatnaşan okuwçylara Türkmenistanyň Bilim ministrligi, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkezi tarapyndan Hormat hatlary we ýadygärlik sowgatlary gowşuryldy. Maral ALLAGURBANOWA, Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky çagalar sagaldyş-dikeldiş merkeziniň logoped mugallymy.
На стыке традиций и цифровых технологий
Динамичное развитие и качественное обновление отечественной системы образования в новую историческую эпоху наглядно отражают масштабность и дальновидность государственных программ, инициированных Национальным Лидером туркменского народа Героем-Аркадагом и успешно реализуемых Президентом Сердаром Бердымухамедовым. Проводимые в данной сфере преобразования служат надёжным фундаментом для расширения гуманитарного партнёрства, способствуя успешной реализации интеллектуального потенциала туркменской молодёжи и укреплению традиционных уз дружбы и взаимопонимания на мировой арене. Очередным практическим шагом в реализации созидательного внешнеполитического курса страны стало участие молодых преподавателей китайского языка из Туркменистана в международном семинаре «Обучение китайскому языку для стран Центральной Азии». Программа повышения квалификации была организована на базе Пекинского колледжа китайского языка и культуры при поддержке Министерства иностранных дел Туркменистана. В работе семинара приняли участие молодые учёные и преподаватели из Туркменистана, Казахстана, Узбекистана и Таджикистана, а также ведущие международные специалисты в области лингвистики, методики преподавания китайского языка и современных образовательных технологий. Значимую часть семинара заняли научно-методические занятия, посвящённые современным подходам к преподаванию китайского языка. Большой интерес вызвали лекции доцента Шэн Цзяня и профессора Чжан Цзяньли, затронувшие вопросы мотивации обучающихся, передовых методик обучения, международной системы HSK и применения цифровых образовательных технологий. Программу органично дополнило знакомство с историко-культурным наследием Китайской Народной Республики, что позволило участникам глубже понять национальные особенности страны и укрепить гуманитарные связи. Культурное наследие и искусство выступают мощной духовной силой, сближающей народы, поскольку научная дипломатия не ограничивается исключительно академическими данными – её важнейшая миссия заключается в созидании и обогащении культурно-духовных мостов. Наглядным подтверждением этому послужили организованные в рамках семинара лекции, посвящённые древнему керамическому искусству Китая, его традиционной музыкальной культуре и самобытной философии боевого искусства ушу. Детальное ознакомление с памятниками мирового значения, таким как внесённый в Список Всемирного наследия ЮНЕСКО Летний императорский дворец Ихэюань, явилось для молодых педагогов эффективной школой межкультурной коммуникации. Это, в свою очередь, знаменует новый важный этап в укреплении дружественных отношений между двумя братскими народами, исторически связанными Великим Шёлковым путём. Главным итогом международного семинара для туркменской лингвистической школы стало не просто ознакомление с зарубежным опытом, а приобретение высокотехнологичного методического инструментария, способного качественно модернизировать процесс подготовки специалистов международного уровня в Туркменистане. Мы выражаем искреннюю признательность уважаемому Президенту Сердару Бердымухамедову и Национальному Лидеру туркменского народа Герою-Аркадагу за постоянную заботу о молодом поколении, создание широких возможностей для получения современного образования и изучения передового мирового опыта. Приобретённые знания будут направлены на повышение качественного уровня преподавания иностранных языков, подготовку специалистов нового поколения и успешную реализацию государственных программ в сфере образования. Мяхрибан ГЕЛЕНОВА, старший преподаватель Института международных отношений Министерства иностранных дел Туркменистана.
Çagalaryň «Arzuwy»
Il içinde ýoň bolan pähim bar: «Çagany — ýaşdan, edebi — başdan». Dogrudan-da, türkmen halky ýaş nesle terbiýe bermegi olary apalamak bilen des-deň ähmiýetli hasaplaýar. Maşgala ojagyndan başlanýan terbiýe okuw ýylynyň dowamynda umumybilim berýän mekdeplerde, tomusky dynç alyş möwsüminde bolsa çagalaryň wagtynyň hoş geçmegi üçin niýetlenen ýörite merkezlerde dowam edýär. Ýaşyň ulumy ýa kiçi — parhy ýok, dynç almak üçin «Awaza» milli syýahatçylyk zolagyndan ajap ýer bolup bilermi?! «Türkmennebit» döwlet konserniniň Hazar deňziniň türkmen kenarynda ýerleşýän «Gämi» myhmanhanalar toplumynyň we sagaldyş merkeziniň «Arzuw» çagalar sagaldyş-dynç alyş merkezi ýaş nesliň dynç almagy üçin, megerem, ýurdumyzda iň gowy ýerleriň biri bolsa gerek. «Döwletliniň çagasy säher turar — heň eder» diýleni. Bu ýerde çagalar daň saz berenden deňizden ösýän sergin şemally howada ertirki maşklary ýerine ýetirýär. Olaryň gündelik meýilnamasynda hereketli oýunlar, bäsleşiklerdir ýaryşlar, seýilgählere gezelençler bilen bir hatarda, kitap okamak hökmany göz öňünde tutulan. Her gün Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň kitaplaryny, şeýle-de halk döredijiliginiň, nusgawy şahyrlaryň eserlerini ürç edip okamaklary ýaş nesliň Watana, il-güne wepaly, lebzi halal, sözüň doly manysynda, hakyky türkmen ogullary we gyzlary bolup kemala gelmeklerine ýardam berýär. — Her tomus çagalaryň birnäçe tapgyryny kabul edýäris. Ýaşajyk myhmanlarymyzy sekiz topara bölüp, tejribeli mugallymlara berkidýäris. Merkezimizde kitaphana, naharhana, çeperçilik gurnaklary, içki we daşky suw howuzlary, amfiteatr, kompýuter otagy, futbol, woleýbol, basketbol, tennis meýdançalary, mejlisler hem-de kino zaly bar. Tüweleme, «Arzuwda» dynç alýan çagalar zehinli. Hersi bir ugurdan başarnykly, ukyply. Çeper döredijilige höwesjeň körpeler çekýän suratlary, ýasaýan şekilleri bilen, ýaşajyk aýdymçylar aýdym aýdyp, sazandalar saz çalyp, tansçylar tans edip, bizi begendirýär. Olaryň içinde sport bilen meşgullanýanlary-da az däl. Diňe bir oglanjyklaryň däl, eýsem, gyzjagazlaryň arasynda hem türgenler bar. Ýaglyga towusmaly, ylgamaly, tanap çekmeli, tennis, woleýbol, şaşka, düzzüm oýnamaly bolsalaram balalar biri-birinden kem galanok. Biz wagtal-wagtal çagalar üçin ýaşulular bilen duşuşyklary guraýarys. Ýaşuly nesil mekdep okuwçylary bilen söhbetdeş bolup, olara türkmen halkynyň gadymdan gelýän milli däp-dessurlary, edim-gylymlary, urp-adatlary barada gyzyldan gymmatly öwüt-ündewlerini berýär. Häzirki wagtda merkezimizde dynç alyş möwsüminiň dördünji tapgyryna taýýarlyk görülýär. Öňki tapgyrda dynç alan çagalaryň köpüsi öýlerine sowgat-serpaýly gitdi. Olaryň ählisiniň ene-atasyndan hoş seslenmeleri eşidýäris. Bu bolsa biziň azabymyzyň ýerine gowşandygyny aňladýar — diýip, «Arzuw» çagalar sagaldyş-dynç alyş merkeziniň müdiriniň okuw işleri boýunça orunbasary Göwher Mergenowa biziň bilen söhbetdeş bolanda gürrüň berdi. Kämil şahsyýeti maksadalaýyk kemala getirmekde terbiýe bermek juda ähmiýetlidir. Bu pedagogik nukdaýnazardan, şol sanda bilim, tälim bermek, edep öwretmek dogrusynda halk köpçüliginiň asyrlarboýy döreden düzgünlerini özünde jemleýän etnopedagogikada hem şeýle. Merkezde tomusky okuw-tejribeligini geçýän Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň talyby Hoşgeldi Hojagurbanow aýdylanlar hakyndaky pikirini şu hili beýan etdi: — Biz çagalary toparda terbiýeleýäris. Şeýle çemeleşme okuwçylarda jemgyýetçilik aňyny, jogapkärçilik duýgusyny, raýdaşlygy we başga-da birnäçe oňyn sypatlary terbiýelemäge kömek edýär. Şunda olar öz aralarynda has tiz umumy dil tapyşýar, basym dostlaşýar. Ýokary okuw mekdebinde mugallymlarymyz «Polat otda taplanar» diýip ýygy-ýygy gaýtalaýar. Hakykatdan-da, uniwersitet partasynda oturyp, kitap okamak bir başga, alan bilimiňi tejribede ulanmak bir başga eken. Tejribelige başlan günümizden, çagalary halk pedagogikasy esasynda terbiýelemäge çalyşýarys. Olar bize halk döredijiligine degişli nakyllary, atalar sözlerini, sanawaçlary, tapmaçalary, ýomaklary ýatdan aýdyp, rowaýatlardan, ertekilerdan hem-de dessanlardan parçalary gürrüň berýärler. Merkeziň gurnak ýolbaşçysy Şöhle Gorjanowanyň aýtmagyna görä, dynç alyş günleriniň dowamynda çagalaryň arasynda «Salam, tomus!», «Biz dilleri öwrenýäris», «Ýaşajyk syýahatçy», «Kiçijek ýyldyzlar», «Awaza — dost-doganlyk mekany», «Ýaşajyk heýkeltaraş», «Hazar kenary», «Bitarap Diýar», «Gyzykly matematika», «Geliň, rowaýat diňläliň!» ýaly dürli mowzukly bäsleşikler geçirilýär. «Awaza» milli syýahatçylyk zolagyndaky «Älemgoşar» seýilgähine, deňiz kenaryna yzygiderli gezelençler guralýar. Bu ýerde dynç alýan mekdep okuwçylarynyň merkezden göwünleri ganýar. Şoňa görä-de, olaryň hatarynda birnäçe ýyllap yzyny üzmän gelýänleri kän. Şöhle mugallym bu barada: «Bir gezek «Arzuwda» bolan ýene «Arzuwa» dolanýar» diýýär. Parahat BATYROW. «Türkmenistan». Surata düşüren Andreý PAKULOW.
Bilim ulgamynyň rowaç menzilleri
Taryhy golýazmalardyr edebi eserlerde bilimiň ynsana bagt eçilýändigi, halkyň geljegine nur saçýan şamçyragdygy hakynda kän tekrarlanýar. Bu garaýyş ähli döwürde-de ünsden düşmän gelýär. Şanly ýylyň birinji ýarymynyň jemleri boýunça 10-njy iýulda geçirilen Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde beýan edilen maglumatlar milli bilim ulgamynyň taryhy döwürde ösüşiň täze tapgyryna gadam basýandygynyň aýdyň güwäsine öwrüldi. Ýylyň başyndan bäri okuwçylaryň, talyplaryň halkara ders we internet bäsleşiklerinde jemi 992 medal gazanmaklary hem buýsandyryjy üstünlikdir. Bu görkeziji bilim ulgamynda amala aşyrylan döwrebap özgertmeleriň aýdyň netijesidir. Mejlisde Arkadagly Gahryman Serdarymyz 2026-njy ýylda ýokary we orta hünär okuw mekdeplerine okuwa kabul etmegiň meýilnamasyny tassyklamak hakyndaky Buýruga gol çekip, ýokary okuw mekdeplerine zehinli, mynasyp ýaşlary kabul etmegiň möhümdigine ünsi çekdi. Bilimli, ylym öwrenmäge höwesli ýaşlar ata Watanymyzyň nurana geljeginiň, ýagty ertirleriniň eýeleridir. Hut şonuň üçin hem berkarar döwletimizde bagtyýar ýaşlarymyz aýratyn üns-alada bilen gurşalýar. Ýurdumyzda ýaşlaryň halkara talaplara we hil ölçeglerine laýyk gelýän bilim almagy üçin ägirt uly mümkinçilikleriň döredilýändigi buýsandyryjydyr. Häzirki döwrüň kämil innowasiýalary, “akylly” we sanly tehnologiýalary bilen enjamlaşdyrylan ýokary okuw mekdeplerinde bilim alýan bagtyýar ýaşlar ýurdumyzyň durmuş-ykdysady ugurlarynda zähmet çekjek kärine ezber hünärmenler bolup ýetişýärler. Özleri hakynda edilýän aladalardan ruhlanýan bagtyýar türkmen ýaşlary bilim almaga, ylym bilen içgin meşgullanmaga uly höwes bildirýärler. Ýurdumyzda ýylyň-ýylyna talyplyga dalaşgärleriň sanynyň barha artmagy hem sözümiziň aýdyň güwäsidir. Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň, Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň täze binalarynyň ulanmaga beriljekdigi barada aýdylanlaryň okamaga, öwrenmäge höwesli ýaşlar bilen bir hatarda, bilim işgärleriniň, şonuň ýaly-da, bagtyýar ildeşlerimiziň hem göwün guşuny ganatlandyrandygyny aýratyn nygtamak isleýärin. Milli bilim ulgamyny ösdürmek, ýaşlaryň bilimli, kämil şahsyýetler bolup ýetişmegi ugrunda ägirt uly işleri amala aşyrýan Arkadagly Gahryman Serdarymyza, Gahryman Arkadagymyza tüýs ýürekden alkyş aýdýarys. Öwezmyrat ABAÝEW, Garaşsyzlyk etrabyndaky 9-njy orta mekdebiň müdiriniň okuw işleri boýunça orunbasary, Hormatly il ýaşulusy.
Geljekki hünärmenleriň kämillik ýoly
Hormatly Prezidentimiz 10-njy iýulda geçirilen Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde 2026-njy ýylda ýokary we orta hünär okuw mekdeplerine okuwa kabul etmegiň meýilnamalaryny, ýokary we orta hünär okuw mekdeplerine okuwa kabul etmek boýunça döwlet toparynyň düzümini, 2026-2027-nji okuw ýylynda Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasynyň okuwlaryna kabul etmegiň meýilnamalaryny tassyklamak hakynda Buýruklara gol çekdi. Bu hoş habar hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň okuwa girmäge isleg bildirýän ähli ýaşlara uly üstünlikleri arzuw etmegi ýurdumyzyň bilim ojaklarynda hünär öwrenmegi maksat edinýän dalaşgärleriň, olaryň ata-eneleriniň, mugallymlarynyň kalbyny joşdurdy. Täze okuw ýylynda açylýan täze hünärlerdir taýýarlygyň ugurlary talyp bolmak arzuwyny kalbynda besleýän ýaşlaryň yhlasynyň ýerine düşmegine, täzeçil ösüş ýolundan öňe gitmeklerine giň mümkinçilikleri döredýär. Şular dogrusynda Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň ýokary we orta hünär bilimi bölüminiň başlygynyň orunbasary Baýram SARYÝEW bilen söhbetdeşligi okyjylara ýetirýäris. — Baýram Annaýewiç, söhbedimize şu ýylyň birinji ýarymynyň jemlerine bagyşlanan giňişleýin Hökümet mejlisinde hünärmenleriň taýýarlygy babatda öňde goýlan wezipelerden başlaýsak! — Hormatly Prezidentimiz Hökümet mejlisinde ýokary okuw mekdeplerine zehinli, mynasyp ýaşlary kabul etmegiň, giriş synaglaryny guramaçylykly we adalatly geçirip, jemgyýetçilik gözegçiligini ýola goýmagyň möhümdigine ünsi çekdi. Döwlet Baştutanymyzyň Buýrugyna laýyklykda, 2026-njy ýylda Türkmenistanyň ýokary we orta hünär okuw mekdeplerine okuwa kabul etmek boýunça döwlet toparynyň düzümi tassyklanyldy. Bu topara 2026-njy ýylda Türkmenistanyň ýokary we orta hünär okuw mekdeplerine okuwa kabul etmäge guramaçylyk-usulyýet taýdan ýolbaşçylyk etmek we onuň bellenen tertipde geçirilmegini guramak tabşyryldy. Welaýatlaryň, Aşgabat, Arkadag şäherleriniň häkimlikleri Türkmenistanyň ýokary we orta hünär okuw mekdeplerine okuwa kabul etmek boýunça iş toparlarynyň talabalaýyk işlemegi üçin zerur şertleri döretmäge borçly edildi. Şeýle-de giňişleýin Hökümet mejlisinde 2026-njy ýylda Türkmenistanyň ýokary okuw mekdeplerine welaýatlar, Aşgabat we Arkadag şäherleri boýunça okuwa kabul etmegiň meýilnamasy, 2026-njy ýylda Türkmenistanyň orta hünär okuw mekdeplerine okuwa kabul etmegiň meýilnamasy tassyklanyldy. Türkmenistanyň ýokary we orta hünär okuw mekdeplerine okuwa kabul etmegi 2026-njy ýylyň 13-nji iýuly — 24-nji awgusty aralygynda guramak, okuwa kabul etmek boýunça giriş synaglaryny ýokary we orta hünär okuw mekdepleriniň ýerleşýän ýerinde geçirmek bellenildi. — Täze okuw ýylynyň täzeçillikleri, aýratynlyklary hakynda gürrüň beräýseňiz! — «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynda» ýokary hünär bilimi edaralarynyň halkara reýtingine goşulmagy üçin guramaçylyk işlerini alyp barmak barada bellenen çäreleri ýerine ýetirmek maksady bilen, şeýle hem «Türkmenistanda ýokary hünär bilimini ösdürmegiň 2026 — 2052-nji ýyllar üçin Strategiýasyny» durmuşa geçirmegiň çäklerinde, ýurdumyzyň barha ösýän ykdysady kuwwatyny, dürli ugurlar boýunça hünärmenleriň zerurlygyny nazara alyp, 2026-2027-nji okuw ýylynda ýokary okuw mekdeplerinde täze hünärleriň we taýýarlygyň ugurlarynyň jemi 20-si açylýar. Geçen ýyl ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerine kabul edilenler 17 müňe golaýlan bolsa, şu ýylda bu görkeziji 18 müňden geçer, ýagny 1239 dalaşgär köp kabul ediler. S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetinde, Halkara senagatçylar we telekeçiler uniwersitetinde okuw dersleri boýunça giriş synaglary döwlet dilinde test görnüşinde geçiriler. — Ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerinde täze açyljak hünärlerdir taýýarlygyň ugurlary bilen tanyşdyraýyň! — Hünärmen maksatnamasy boýunça jemi 10 hünär: Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetinde nebit, gaz känleriniň maşynlary we enjamlary; metrologiýa, standartlaşdyrmak we sertifikatlaşdyrmak (nebitgaz pudagynda), S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetinde oba hojalyk ekinleriniň genetikasy, seleksiýasy we tohumçylygy; IT-tehnologiýalary peýdalanmak bilen suw gorlarynyň dolandyrylyşy, Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynda pedagogika bilimi (arap dili we edebiýaty, türkmen dili we edebiýaty); maglumat ulgamlary we tehnologiýalary; ekologiýa; psihologiýa; ýöriteleşdirilen bilim (defektologiýa, psihologiýa), Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika institutynda awtomatlaşdyrylan ulgamlaryň maglumat howpsuzlygy hünärleri täze açylýar. Bakalawr maksatnamasy boýunça 4 taýýarlygyň ugry: Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynda pedagogika bilimi (bedenterbiýe), Halkara senagatçylar we telekeçiler uniwersitetinde emeli aň we ekspert ulgamlary; mehatronika we robot tehnikasy, Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynda pedagogika bilimi (urdu dili, türkmen dili we edebiýaty) taýýarlygyň ugurlaryna ilkinji dalaşgärler okuwa kabul ediler. Magistr maksatnamasy boýunça 6 taýýarlygyň ugry: Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetinde kompýuter ulgamynyň programma üpjünçiligi; maglumat howpsuzlygy (nebitgaz pudagynda); nebitgaz pudagynyň ykdysadyýeti we dolandyrylyşy, S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetinde ösümlikleri goramak we biotehnologiýa, Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynda ýangyç-energetika toplumynyň ykdysadyýeti we dolandyrylyşy, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda parahatçylyk we bitaraplyk taýýarlygyň ugurlary açylýar. Täze hünärlerdir taýýarlygyň ugurlary açylanda hormatly Prezidentimiziň, Gahryman Arkadagymyzyň sanly ösüş, emeli aňy düýpli we netijeli öwrenmek barada beren tabşyryklaryndan, IT, blokçeýn-tehnologiýalar, emeli aň ulgamynda okuw maksatnamalaryny işläp taýýarlamak, ýaşlary, hünärmenleri bu ugurda başarnyklaryny ösdürmäge höweslendirmek barada beren maslahatlaryndan ugur alyndy. Täze okuw ýylyndan «Geljegiň hünärleriniň atlasyna» girizilen hünärler boýunça hünärmenleri taýýarlamaga-da girişilýär. Türkmenistanyň ýokary okuw mekdeplerine okuwa kabul etmegiň meýilnamasy düzülende oba hojalyk pudagyny zerur bolan hünärmenler bilen üpjün etmek, şeýle hem halkara hyzmatdaşlygy pugtalandyrmagyň çäklerinde, sebit ýurtlarynyň dillerini bilýän hünärmenleri taýýarlamak, umumybilim edaralarynyň mugallymçylyk hünärmenlerine bolan zerurlyklaryny kanagatlandyrmak, milli ykdysadyýetimiziň pudaklaryny döwrebap başarnykly ykdysatçy hünärmenler bilen üpjün etmek boýunça möhüm wezipeler göz öňünde tutulyp, täzeçillikler girizildi. Olaryň hatarynda parahatçylyk we bitaraplyk taýýarlygyň ugrunyň açylmagy syýasy-diplomatik taýdan uly ähmiýetli parahatçylyk hem-de bitaraplyk ugurlary boýunça ylym-bilimi ösdürmek, halkara gatnaşyklarda ýurdumyzyň bähbitlerine mynasyp wekilçilik edip biljek ýokary bilimli diplomatik işgärleri taýýarlamak maksadyndan gözbaş alýar. Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetinde täze hünärleriň açylmagy hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzyň nebitgaz pudagyny döwrebaplaşdyrmak, şeýle hem milli standartlaşdyrmak ulgamyny kämilleşdirmek boýunça durmuşa geçirýän syýasatyna laýyklykda, bu pudaklaryň ösüşleri bilen bagly täze hünärmenlere döreýän islegler bilen baglanyşyklydyr. — Türkmenistanyň orta hünär okuw mekdeplerinde haýsy hünärler açylýar? — S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň Baýramaly agrosenagat orta hünär okuw mekdebinde kärhana enjamlaryny abatlamak we tehniki hyzmat etmek (senagat pudagynda); Türkmenistanyň Aragatnaşyk ministrliginiň Politehniki orta hünär okuw mekdebinde emeli aň we maglumatlary seljermek hünärleri täze açylar. Döwrebap hünär bilimi geljekki hünärmenleriň kämillik ýoludyr. «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda talyp bolmagy ýüregine düwen ähli ýaşlara uly üstünlikler ýar bolsun! Söhbet edişimiz ýaly, ýurdumyzyň ýokary we orta hünär bilimi ulgamyna demografik görkezijilere, zähmet bazarynyň ösüşine, iş berijileriň isleglerine, ykdysadyýetiň meýilnamalaşdyrylyşyna görä meýilleşdirmegiň we dolandyrmagyň kämil gurallary ornaşdyrylýar. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň bilim edaralarynyň abraýy has-da ýokarlanyp, ýokary hünär bilimi ulgamynyň halkara derejede bäsdeşlige ukyplylygy üpjün edilýär. Ýokary we orta hünär okuw mekdepleriniň ulgamlaýyn ösüşini we dolandyrylyşyny kämilleşdirmek boýunça giň gerimli özgertmeleriň başynda duran Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza berk jan saglyk, uzak ömür, döwletli işlerinde geljekde hem uly rowaçlyklar arzuw edýäris. — Söhbetdeşlik üçin sag boluň, milli hünär bilimindäki täze başlangyçlar, öňde duran möhüm wezipeler boýunça alyp barjak işleriňiz rowaç bolsun! — Sag boluň! Söhbetdeş bolan Rahmanberdi GÖKLEŇOW. «Türkmenistan».
«Ýaşlykda» şatlyk joşýar
Şu günler ýurdumyzyň ähli künjeklerindäki çagalar sagaldyş-dynç alyş merkezlerinde dynç alyş möwsüminiň ikinji tapgyry şatlyk-şowhun bilen dowam edýär. Jana şypaly howasy, gözel tebigaty bilen tapawutlanýan Gökdere jülgesinde ýerleşýän «Ýaşlyk» çagalar sagaldyş-dynç alyş merkezinde-de körpe nesliň şadyýan sesleri belentden ýaňlanýar. Bu merkez Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrliginiň düzümine degişli bolup, onda bir wagtda 450 çaganyň dynç almagy we saglygyny berkitmegi üçin giň şertler döredilipdir. Röwşen Gurbanowyň ýolbaşçylyk edýän «Ýaşlyk» sagaldyş-dynç alyş merkezinde çagalaryň bilimlerini we başarnyklaryny kämilleşdirmek maksady bilen, kompýuter, surat çekmäge we şekil ýasamaga niýetlenen okuw otaglary, kitaphana, gyzjagazlar üçin ýörite el iş gurnaklary hereket edýär. Mundan başga-da, merkeziň ertekilerdäki gahrymanlaryň keşbi bilen bezelen howlusynda, saýaly baglygyň içinde sportuň futbol, woleýbol, basketbol, tanap çekmek, uzak aralyga bökmek, küşt, şaşka, düzzüm ýaly görnüşleri bilen meşgullanmaga döredilen şertler çagalaryň sagdyn durmuş ýörelgesine eýermeklerini üpjün edýär. Ýörite taýýarlanan meýilnama esasynda bu ýerde merkezara sport ýaryşlary yzygiderli geçirilýär. Has üstünlikli çykyş edip, tapawutlanan çagalara ýaryşy guraýjylar tarapyndan Hormat haty we ýadygärlik sowgatlar gowşurylýar. Çagalar bilen paýtagtymyzyň gözel ýerlerine, «Älem» medeni-dynç alyş merkezine, Janly tebigatyň milli muzeýine hem-de seýilgählere guralýan gezelençler dynç alyş döwrüni has-da gyzykly pursatlara besleýär. Türkmen döwlet gurjak teatryndaky, Arkadag şäheriniň Görogly adyndaky döwlet atçylyk sirkindäki tomaşalar hem çagalarda ýakymly täsir galdyrýar. Tomusky dynç alşyň ajaýyp mekanynda Gülälek Nurberdiýewa, Mekan Hojamow, Gülnur Baýramowa, Ogulbibi Nyýazmyradowa, Orazberdi Aşyrberdiýew, Gülgunça Durdyýewa ýaly tejribeli mugallymlaryň ýolbaşçylygynda Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň hem-de Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň talyplary bilim-terbiýeçilik işlerini alyp barýarlar. Bu barada Magtymguly adyndaky TDU-nyň talyby Tylla Arabowa şeýle gürrüň berdi: — Çagalar günüň dowamynda sportuň birnäçe görnüşi boýunça özara ýaryşýarlar. Ýeňiji bolan toparlara bolsa ýörite taýýarlanan ýyldyzjyklar gowşurylýar. Şeýle-de agşamky aýdym-sazly nyzamda ýerine ýetirilýän çykyşlardyr sahna oýunlarynda günüň dowamynda jemlenen ýyldyzjyklar netijesinde, iň ýokary netije görkezen topar merkeziň göçme kubogyna eýe bolýar. Tapgyryň ýapylyş dabarasynda iň köp ýyldyza we göçme kuboga eýe bolan topar «Tapgyryň iň işjeň topary» diýlip yglan edilýär hem-de topar agzalaryna dabaraly ýagdaýda Hormat haty gowşurylýar. Bu bolsa körpe nesliň dynç alyş pursatlarynyň gyzykly we ýatda galyjy bolmagyna öz täsirini ýetirýär. Ýaş nesilleriň şular ýaly ajaýyp mekanda dynç almaklary, wagtlaryny täsirli hem-de gyzykly geçirmekleri babatda ähli mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza egsilmez alkyş aýdýarys. Laçyn BEGZADAÝEWA, Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň žurnalistika hünäriniň talyby.
Mugallymçylyk mekdebi kämilligiň ýolunda
Hytaýda dilçi mugallymlar üçin halkara hünär kämillik okuwlary guralýar. Munuň özi hytaý dili boýunça Merkezi Aziýanyň bilim wekillerini bir ýere jemledi. Bu özara tejribe alyşmasy diňe bir hünär derejesini ýokarlandyrmak bilen çäklenmän, eýsem, täze asyryň bilim standartlaryny kesgitlemekde uly ädimdir. Hytaýyň döwrebap tejribesiniň görkezişi ýaly, mugallymçylyk bilimini kämilleşdirmek diňe bir köne usullary gaýtalamak bolman, eýsem, sanly ulgam tehnologiýalary we usulyýet (interaktiw tagtalar, ýörite dil platformalary) arkaly okatmagy ornaşdyrmakdyr. Mugallym hemişe öwrenmeli hünärmendir. Ol ömürboýy okaýan hem öwrenýän ynsandyr. Dil kämilligi we halkara hyzmatdaşlyk Ata-babalarymyzyň ylym-bilim baradaky gymmatly nesihatlary ynsanyň jahanyň haýsy künjeginde we haýsy döwürde bolanda-da kämilleşmäge bolan ymtylyşy ündeýär. Häzirki wagtda bolsa çalt ösýän dünýä her bir hünärmenden döwür bilen aýakdaş gitmegi talap edýär. Mugallymçylyk bilimini kämilleşdirmek, hünär derejesini ýokarlandyrmak, esasan hem, dilçilik ugrundaky hünärmenleriň işjeňligine örän uly we oňyn täsir edýär. Halkara hyzmatdaşlygyny işjeň saklamakda öz kärini kämil bilýän, döwrebap tehnologiýalardan baş çykarýan hünärmenleri ýetişdirmek uly ähmiýete eýedir. Häzirki ýaş mugallymlaryň öňünde duran baş maksat — bu üznüksiz kämillige ymtylmakdyr. Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň guramaçylykly goldamagynda ýaş hünärmenleriň Hytaýa guralan bu sapary ýurdumyzyň bilim ulgamynda gazanýan täze sepgitleriniň aýdyň şöhlelenmesi boldy. Gahryman Arkadagymyzyň beýik başlangyjy bilen ýola goýlan bilim özgertmeleri, häzirki wagtda hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda üstünlikli ösdürilýär. döwlet Baştutanymyzyň ýaşlar, ylym we bilim baradaky beýik işleri munuň aýdyň beýanydyr. Ýurdumyzda alnyp barylýan bu öňdebaryjy syýasatyň janly şaýatlary bolmak bagty nesip edýän ýaş hünärmenleriň sany gün-günden artýar. Hünär kämilligini hemişe ýokarda saklamak maksady bilen, ýaşlarymyz daşary ýurtlaryň iň abraýly bilim ojaklaryna yzygiderli ugradylýar. Bu ugurda dostlukly Hytaý döwletine ýylyň-ýylyna guralýan saparlar aýratyn orna eýedir. Şu gezekki türkmen wekiliýetiniň Merkezi Aziýa ýurtlaryny bir ýerde jemlän Pekiniň okuw maslahatyna gatnaşmagy bu aýdylanlara anyk şaýatlyk edýär. Şeýle işjeň halkara gatnaşyklaryň nobatdaky aýdyň mysaly hökmünde şu ýylyň 16-njy iýunyndan 6-njy iýuly aralygynda Hytaý Halk Respublikasynyň abraýly Pekin hytaý dili we medeniýeti okuw mekdebinde «Merkezi Aziýa ýurtlary üçin hytaý dilini öwretmek» boýunça ýokary derejeli okuw maslahatyň guralandygyny bellemek bolar. Bu sebitara çäre Merkezi Aziýanyň doganlyk döwletlerinden — Türkmenistandan, Gazagystandan, Özbegistandan we Täjigistandan gelen dilçi kärdeşleri we abraýly alymlary bir ýere jemledi. Tejribeli mugallymlaryň sapak okatmak usullary Her bir bilim ojagynyň berekedi we gadyr-gymmaty onuň mugallymlaryndadyr. Kollej daşary ýurtly talyplar bilen işlemegiň uly tejribesini toplan tejribeli mugallymlar düzümine tüýs ýürekden buýsanýar. Işinde tutanýerli zähmet çekýän mugallymlaryň ylmy we halkara görkezijileri dünýäniň iň öňdebaryjy uniwersitetleri bilen bäsleşip biljek derejededir, ýagny ylmy dereje boýunça mugallymlaryň 90 göterimi magistr derejesini ýa-da has ýokary (ylymlaryň kandidaty, professor) ylmy derejäni eýeleýärler. Halkara tejribe: professor-mugallymlaryň takmynan 20 göterimi daşary ýurtlaryň bilim ojaklarynda azyndan bir ýyl işlemek boýunça uly tejribä eýedir. Şol sanda mugallymlaryň agramly bölegi dünýä belli abraýly uniwersitetleriň uçurymlary ýa-da halkara ylymlar dünýäsiniň iň görnükli alymlarynyň şägirtleri bolup durýarlar. Şonuň üçin hem olar hytaý dilini halkara derejesinde dünýä halklaryna öwretmekde hemişe iň ýokary ylmy üstünlikleri gazanýarlar. Okuw maslahatynyň çäklerinde sapak berýän hytaýly 30-a golaý professor-mugallymlaryň her bir akademiki sagady maglumat bermek däl, eýsem, janly pedagogikanyň nusgalyk mekdebidir. Olaryň sapak geçiş aýratynlyklary we tejribeleri ýaş hünärmenlerimizde uly täsir galdyrdy. Mugallymlar, esasan, nazaryýeti, amalyýeti we grammatikany, iýeroglifleri ýat tutmagyň aýratynlygyny interaktiw we sanly tehnologiýalary ulanmak arkaly sapak geçýärler. Sapaklarda biz diňe diňleýji bolman, taslamalaryň we dialoglaryň işjeň gatnaşyjysyna öwrüldik. Aýratyn talaplara çuňňur düşünmekde tejribeli mugallymlar daşary ýurtly diňleýjileriň dil öwrenmekde duş gelip biljek psihologik bökdençlikleri we milli aýratynlyklaryny öňünden bilip, her birimize özboluşly çemeleşdiler. Sapaklar ýokary ruhubelentlikde geçildi. Mugallymlar her sapagy hytaý medeniýetiniň, däp-dessurlarynyň we taryhynyň täsirli pursatlary bilen baýlaşdyrdylar. Bu bolsa diňleýjileriň dili has çuň we ruhy taýdan kabul etmegine ýardam etdi. Okuw maslahatynyň çäklerinde sapak berýän hytaýly professor-mugallymlaryň her bir akademiki sagady diňe maglumat bermek däl, eýsem, uly durmuş we halkara tejribesini paýlaşýan janly mekdep boldy. Mähriban GELENOWA, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň dünýä dilleri kafedrasynyň uly mugallymy.
Taplama çäreleri guramaçylykly geçirilýär
Mekdebe çenli çagalar edaralarynda möwsüme görä iş geçirmek örän jogapkärli ýagdaýdyr. Çaga terbiýeleýän terbiýeçi geljekdäki şahsyýeti kemala getirip başlaýar. Her bir ata-ene perzendini edepli, tertipli, watansöýüji edip ýetişdirmek üçin çagalar bagyna berýär. Maksadalaýyk terbiýe, sowat öwretmek terbiýeçiniň hünär-bilim taýýarlygyna, häzirki döwürde ýaş hünärmenlerimiziň öňünde duran jogapkärli wezipä düşünişine baglydyr. Her bir çaga terbiýeçä görelde alarlyk nusga hökmünde garaýar. Häzirki wagtda bolsa mekdebe çenli çagalar edaralarynda tomus sagaldyş möwsümi bilen bagly çärelere aýratyn üns berilýär. Bu möwsüm çagalaryň iň halaýan, garaşýan möwsümleriniň biridir. Tomus paslynyň dowam edýän günlerinde mekdebe çenli çagalar edaralaryna gatnaýan körpeler bilen taplama, gyzyklanma, göwnaçma çäreleri geçirilýär. Çagalar edaralarynda taplama çäreleri üçin toparlara niýetlenen meýdançalar göz öňünde tutulýar. Ol ýerde çagalaryň özbaşdak hereketli oýunlary oýnamagy, taplanmagy üçin mümkinçilikler döredilýär. Tomus sagaldyş möwsüminde meýilnamalaşdyrylýan gyzyklanma, göwnaçma çäreleri — bäsleşikler, gezelençler, sport ýaryşlary, türkmen milli oýunlary, aýdym-sazly çykyşlar guralýar, ertekilerden bölekler sahnalaşdyrylýar. Geçirilýän çäreler irki ýaşdan başlap, çaganyň bedeniniň berkemegine, hereket işjeňliginiň artmagyna, olaryň ruhubelent, şadyýan bolmagyna, ruhy taýdan sagdyn ösmeklerine, dünýägaraýşynyň giňemegine gönükdirilýär. Tomus möwsüminde ertirki maşklar ýörite meýilnamalaşdyrylýar. Täze maşklar iki hepdelik üçin düzülýär. Ertirki maşklar üçin täze hereketler çaganyň hereketiniň ösüşi üçin hökmany sapaklarda geçirilen maşklar bilen utgaşdyrylýar. Soňra çagalar bilen taplama çäreleri gyzykly ýagdaýda geçirilýär. Hereketli oýunlara, sport ýaryşlaryna çagalar örän işjeň gatnaşýarlar. Olary toparlara bölüp, ýaryşdyrýarys. Şonda her bir çaga öz toparynyň üstünlik gazanmagy üçin ähli başarnyklaryny görkezýär, yhlas edýär. Bu ýagdaý çagalarda agzybirlige, dostluga bolan hormatynyň artmagyny, köpçülige goşulmak we özlerini alyp barmagy öwrenmek ýaly häsiýetleri terbiýeleýär. Ertekiler boýunça şadyýan sahna çykyşlary çagalaryň iň halaýan göwnaçmalarynyň biridir. Ýartygulak, Mämmetjan, Japbaklar we birnäçe erteki gahrymanlarynyň keşplerini ýerine ýetirmek olar üçin örän gyzykly bolup durýar. Çagalar keşpler boýunça ýat tutmaly sözlerini, goşgularyny uly höwes bilen öwrenýärler. Şeýle hem daşary ýurtlaryň çagalar edebiýatyny, iňlis we rus dilleri bilen bagly bolan sahnalary hem uly höwes bilen ýerine ýetirýärler. Çagalar öýde ata-eneleri bilen käbir gürrüňdeşliklerde hem şol ertekilerdäki çykyşlaryndan bölekleri gaýtalaýandyklaryny aýdýarlar. Bu ýagdaý körpäniň şol pursatlardan täsirlenýändigini, onuň çeper pikirleniş ukybynyň kämilleşýändigini görkezýär. Göwnaçma çärelerinde aýdym aýdyp, tans etmegi çagalar örän gowy görýärler. Türkmen, iňlis, rus dillerindäki aýdymlar we şol aýdymlara laýyk bolan tanslary ýerine ýetirýärler. Mekdebe çenli döwür çaganyň geljekde hemmetaraplaýyn sagdyn ösüşiniň esasy bolup durýar. Şoňa görä-de, bu döwür çaganyň akyl ýetiriş, beden, duýgy, durmuş, sözleýiş, ruhy taýdan ösmeginiň we bilesigelijiliginiň, göz öňüne getirmesiniň hem-de döredijilik ukyplarynyň ösmegi üçin wajyp döwürdir. Şonuň üçin çagalar bilen guralýan sapaklaryň, söhbetdeşlikleriň, möwsümleýin çäreleriň, gezelençleriň örän oýlanyşykly we gyzykly bolmagy zerurdyr. Dilber ATAMYRADOWA, Aşgabat şäherindäki 184-nji çagalar bagynyň terbiýeçisi.
Новый этап партнёрства вузов
Подписание в июне прошлого года Меморандума о взаимопонимании между Туркменским национальным институтом мировых языков имени Довлетмаммета Азади (ТНИМЯ) и Канвонским национальным университетом (Республика Корея) стало историческим моментом в развитии туркмено-корейского сотрудничества в сфере науки и образования. Этот документ открыл новую главу в партнёрстве двух ведущих вузов в деле обмена знаниями, опытом и культурными ценностями. Практическая реализация этих договорённостей не заставила себя ждать: в эти дни в стенах ТНИМЯ состоялась летняя стажировка студентов Канвонского национального университета. Данный визит, организованный в рамках подписанного ранее соглашения, стал ярким свидетельством искреннего стремления обеих сторон к укреплению академических связей и предоставлению молодёжи уникальных возможностей для погружения в новую языковую и культурную среду. Канвонский национальный университет, являясь одним из десяти ведущих национальных университетов Республики Корея, зарекомендовал себя как центр передового образования и научных исследований. Открывая свои двери для иностранных студентов, он продемонстрировал приверженность глобализации образования и стремление к созданию международного академического сообщества. Летняя стажировка корейских студентов в ТНИМЯ предоставила им бесценную возможность не только углубить свои знания в области туркменского языка и культуры, но и познакомиться с уникальными методиками преподавания, применяемыми в одном из ведущих языковых вузов Центральной Азии. В свою очередь туркменские студенты и преподаватели получили возможность обменяться опытом с представителями корейской академической среды, что, несомненно, обогатило образовательный процесс и способствовало развитию новых исследовательских проектов. В ходе стажировки корейские студенты изучали туркменский и английский языки под руководством опытных преподавателей Туркменского национального института мировых языков имени Довлетмаммета Азади и получили возможность расширить свой кругозор. Посещение исторических памятников и культурных центров Туркменистана позволило им не только увидеть, но и прочувствовать уникальное наследие туркменского народа, что, безусловно, способствовало формированию более глубокого понимания и уважения к туркменской культуре. – Подписание Меморандума о взаимопонимании и последующая стажировка корейских студентов стали важным шагом на пути к укреплению сотрудничества между Туркменистаном и Республикой Корея, – поделилась преподаватель ТНИМЯ Огулсабыр Бердиева. – Это соглашение открыло новые возможности для академического обмена, совместных исследований и подготовки высококвалифицированных специалистов, способных внести значительный вклад в развитие двух стран. Наши студенты и преподаватели с большим энтузиазмом приняли корейских коллег. Мы уверены, что данный обмен опытом заложил фундамент для долгосрочного и плодотворного взаимодействия, которое принесёт пользу обоим государствам и послужит укреплению дружбы между нашими народами. Ким ТЭВАН,преподаватель Канвонского национального университета (Республика Корея): – От имени Центра глобальных талантов Канвонского национального университета (KNU) хочу выразить нашу искреннюю признательность руководству страны и коллегам из Туркменского национального института мировых языков имени Довлетмаммета Азади за тёплый приём и плодотворное сотрудничество. Наши партнёрские отношения уже обрели прочную основу и продолжают успешно крепнуть. Мы безмерно счастливы, что получили прекрасную возможность побывать на гостеприимной туркменской земле и заложить фундамент для новых совместных академических проектов. Особое впечатление на нас произвёл Национальный музей туркменского ковра – настоящая сокровищница шедевров, демонстрирующих невероятное мастерство и богатое культурное наследие народа. Этот визит стал для нас настоящим открытием и источником вдохновения, как и посещение многих других замечательных мест. Уверены, что наше взаимодействие продолжит расширяться, охватывая новые перспективные направления и привлекая ещё больше студентов и исследователей. Данное сотрудничество служит примером того, как международные связи в сфере науки и образования становятся эффективным инструментом для построения открытого и процветающего мира. Туркменистан и Республика Корея через свои ведущие образовательные учреждения показывают, что открытость, конструктивный диалог и плодотворное сотрудничество являются залогом построения более гармоничного и процветающего будущего для всех. Ли СУЁН,студентка Канвонского национального университета (Республика Корея): – Летняя стажировка в Ашхабаде стала для нас бесценным опытом. Мы не только значительно повысили уровень владения туркменским и английским языками, но и открыли для себя удивительную культуру, искреннее гостеприимство и красоту Туркменистана. Преподаватели ТНИМЯ проявили высочайший профессионализм и чуткость к каждому из нас. Организованные экскурсии по историческим местам и знакомство с самобытными традициями сделали эту поездку по-настоящему незабываемой. Мы искренне восхищены богатством туркменской истории, культуры и искусства. Данный визит расширил наш кругозор и укрепил стремление продолжать изучение туркменской истории и культуры. Лейла АШИРОВА, стажёр «НТ», студентка Туркменского государственного университета имени Махтумкули.
«Ýaşyl ýaýladaky» ruhubelentlik
Ahal welaýatynyň Kaka etrabynyň Hywaabat jülgesinde ýerleşýän «Ýaşyl ýaýla» çagalar dynç alyş-sagaldyş merkezinde ýaş nesliň şadyýan gülki sesleri has joşgunly ýaňlanýar. Merkezde dynç alyş möwsüminiň häzirki dowam edýän ikinji tapgyrynda welaýatyň dürli etraplaryndan gelen mekdep okuwçylarynyň 300-si saglygyny berkidip, wagtyny ruhubelentlikde geçirýär. Ýurdumyzyň bagtly çagalygyň we ýaş nesliň ähli arzuwlarynyň hasyl bolýan mekanyna öwrülendigine gürrüňi edilýän merkezde mekdep okuwçylary üçin döredilen amatly şertlerdir giň mümkinçilikleriň mysalynda-da aýdyň göz ýetirip bolýar. Ýokary derejede enjamlaşdyrylan döredijilik we gurnak otaglary, kompýuter otagy, kitaphana, aýdym-saz merkezi hem-de beýleki degişli otaglardyr sport we oýun meýdançalary çagalar üçin niýetlenendir. Olar özleri üçin döredilen şol ajaýyplyklardan netijeli peýdalanýarlar, ýörite meýilnama esasynda geçirilýän çärelere işjeň gatnaşýarlar. Merkeziň terbiýeçi-guramaçysy Derýa Berdiýewiň gürrüň berşi ýaly, merkezde hepdäniň bir güni çeper döredijilik güni hökmünde geçirilýär. Şol gün «Biz zehinleri gözleýäris» ady bilen aýdym-saz, drama, çeper okaýyş, folklor, tans çykyşlary, bäsleşikler geçirilýär, şekillendiriş sungaty we surat çekmek boýunça şahsy we toparlaýyn sergiler, tanymal döredijilik işgärleri bilen halypalyk duşuşyklary we pikir alyşmalar guralýar. Taryhy we ülkäni öwreniş gününde etrabyň çägindäki taryhy ýadygärliklere syýahat edilýär we syýahat edilen ýerler barada surat çekmek, döredijilik çykyşlaryny taýýarlamak, diwar gazetlerini çykarmak, şeýle-de türkmen halkynyň milli medeni mirasy boýunça bäsleşikler geçirilýär. Hepdäniň dowamynda bellenilýän ekologiýa gününiň çäginde «Watanymyzyň tebigaty» ady bilen ekologik häsiýetli gezelençler, bäsleşikler, söhbetdeşlikler, köpçülikleýin çekişmeler guralýar, diwar gazetleri çykarylýar. Kitapsöýüjiler güni hem çagalarda uly gyzyklanma döredýär. Şol gün merkezde dynç alýan çagalar üçin kitaphanalaryň göçme sergileri, şeýle-de türkmen we dünýä edebiýatynyň altyn hazynasyna giren eserler, tanymal ýazyjylar we şahyrlar barada okyjylaryň arasynda edebi çekişmeler guralýar. Şonuň çäginde «Iň köp eser okan çaga», «Kitaplaryň dosty» ady bilen guralýan bäsleşikler uly ruhubelentlige beslenýär. Sport we saglyk güni hökmünde bellenilýän günde çagalaryň arasynda sportuň dürli görnüşleri boýunça ýaryşlar, hereketli oýunlar, tanymal türgenler bilen duşuşyklar, sport-görkezme çykyşlary, sagdyn durmuş ýörelgesini wagyz edýän çäreler guralýar. Bu bolsa ýaş nesliň arasynda sagdyn durmuş ýörelgelerini dabaralandyrmakda, olaryň sporta bolan höwesini artdyrmakda we sport ussatlygyny ýokarlandyrmakda uly ähmiýete eýedir. Hepdäniň ahyrynda merkezde dynç alýan çagalaryň gyzyklanmalary boýunça gurnaklarda taýýarlanan işleriň sergileri, dürli çykyşlar guralýar, şeýle-de «Hepdäniň iň işjeň topary» kesgitlenýär. Bulardan başga-da, jemgyýetçilik guramalarynyň, degişli gulluklaryň meýilnamasy esasynda çagalaryň arasynda ýol hereketiniň düzgünleri, ýangyn howpsuzlygynyň kadalary, şeýle-de adatdan daşary ýagdaýlarda özüňi alyp barmagyň düzgünleri boýunça wagyz-nesihat häsiýetli çäreler, tejribe okuwlary we toparlaýyn bäsleşikler geçirilýär. Munuň özi ýaş nesliň ählitaraplaýyn sazlaşykly ösmegine oňyn täsirini ýetirýär. Aýdo ŞEKEROW. (Öz habarçymyz). Surata düşüren Begençmyrat ATAÝEW.
Созидательный адрес будущего
В году, проходящем под девизом «Независимый нейтральный Туркменистан – родина целеустремлённых крылатых скакунов», в жизни Туркменского государственного архитектурно-строительного института ожидается поистине знаменательное событие – ввод в эксплуатацию нового современного комплекса зданий нашего вуза в беломраморном Ашхабаде. Для профессорско-преподавательского состава, студентов и всех, кто связывает свою судьбу с благородным делом архитектуры и строительства, это не просто новоселье. Это новый этап в развитии высшей школы, призванной готовить специалистов для отраслей, от которых во многом зависит облик современного Туркменистана, качество городской среды, надёжность инженерной инфраструктуры, устойчивое развитие промышленности, энергетики, дорожного строительства и жилищно-коммунального хозяйства. Закладка нового комплекса зданий института состоялась 1 сентября 2023 года, в День знаний и студенческой молодёжи, при участии уважаемого Президента Туркменистана Сердара Бердымухамедова. Уже сам этот факт придал проекту особое значение. Ведь именно образование, наука, воспитание интеллектуально развитой, патриотичной и созидательной молодёжи являются важнейшими направлениями государственной политики в эру Возрождения новой эпохи могущественного государства. Согласно принятому решению, новый комплекс Туркменского государственного архитектурно-строительного института возводится вдоль улицы Гёроглы города Ашхабад и рассчитан на 5000 мест. В рамках строительства объект будет оснащён современным оборудованием, а прилегающая территория – благоустроена. Работы также включают реконструкцию прежних и создание новых внешних инженерных систем электро-, газо-, водоснабжения, связи и канализации с подключением к общегородской сети. Завершение строительства и сдача объекта с полной готовностью к эксплуатации предусмотрены в сентябре 2026 года. Особенно важно, что новый комплекс задуман не только как совокупность учебных корпусов. Это целостная образовательная среда, где каждая аудитория, лаборатория, конференц-зал, библиотека, столовая и студенческие общежития должны соответствовать требованиям времени. В ходе ознакомления с темпами строительных работ подчёркивалась необходимость высокого качества используемых материалов, современного оснащения аудиторий, продуманного интерьера и гармоничного сочетания национальных архитектурных принципов с передовой мировой практикой. Для нашего института это имеет особый смысл. Будущие архитекторы и инженеры будут получать знания в пространстве, которое само станет наглядным примером современного строительного мышления. Сегодня ТГАСИ последовательно реализует подготовку специалистов по востребованным направлениям и специальностям. В учебный процесс внедряются цифровые технологии, действует и обновляется цифровой образовательный портал, развивается электронный документооборот. В структуре института функционируют учебно-строительный и туркмено-индийский учебно-производственный центры, факультет повышения квалификации, базовые кафедры, созданные для совместной научно-исследовательской, проектной и опытно-конструкторской работы с профильными организациями страны. Важным направлением становится интеграция науки, образования и производства. В институте создан Научно-технический центр ИТ, а научно-исследовательская работа ведётся по ключевым для страны направлениям: экология и рациональное использование природных ресурсов, энергетика, химические технологии, производство новой конкурентоспособной продукции, строительство, архитектура, сейсмология, информационно-коммуникационные технологии. Показательно, что интерес к нашему вузу проявляют и зарубежные партнёры. В феврале нынешнего года представители известной итальянской компании «IDOGI» посетили Туркменский государственный архитектурно-строительный институт, прочитали лекцию для студентов, ознакомились с научно-исследовательскими и проектными работами преподавателей и учащейся молодёжи. Среди представленных разработок был и проект нового комплекса зданий института. Отмечалось также, что ряд современных архитектурных проектов, разработанных профессорами и студентами вуза, уже успешно реализован в Ашхабаде. Сотрудничество с зарубежными образовательными центрами расширяет горизонты подготовки будущих специалистов. Наш институт развивает партнёрство с ведущими вузами Российской Федерации, Румынии, Республики Беларусь, Германии, Италии, Индии и других стран. Особое значение имеет взаимодействие с такими престижными итальянскими высшими учебными заведениями, как Венецианский университет Ка-Фоскари и Миланский политехнический университет. Новый комплекс зданий станет мощным импульсом для дальнейшего развития международного сотрудничества, проведения научных конференций, выставок, олимпиад, хакатонов и проектных конкурсов. Уже сегодня наш вуз выступает площадкой для интеллектуального состязания молодых талантов. В 2026 году Туркменский государственный архитектурно-строительный институт организовал хакатон «ИT-Интеллект: Цифровой Тест – 2026», объединивший студентов из 19 высших и средних профессиональных учебных заведений страны. Вуз также проводит предметные олимпиады для школьников по математике, физике, химии и современным компьютерным технологиям, тем самым помогая будущим абитуриентам сделать уверенный шаг к инженерным профессиям. Не менее значимым является международное олимпиадное движение. Проведённая институтом Открытая международная интернет-олимпиада по дисциплине «Сопротивление материалов» собрала участников из Туркменистана и зарубежных стран, способствуя развитию научного мышления, самостоятельности и профессионального интереса молодёжи. Всё это показывает, что наш вуз не ограничивается рамками учебного процесса, а становится пространством формирования инженерной культуры нового поколения. Особую гордость вызывает и то, что Туркменский государственный архитектурно-строительный институт вошёл в число трёх вузов Туркменистана, представленных в глобальном рейтинге THE Sustainability Impact Ratings 2026. Этот международный рейтинг оценивает вклад университетов в достижение Целей устойчивого развития ООН, включая качество образования, чистую энергию, промышленность, инновации и инфраструктуру, здоровье и благополучие, партнёрство для достижения целей. Для нас это не просто высокая оценка. Это подтверждение того, что выбранный путь – соединение науки, образования, инноваций, устойчивого развития и международного сотрудничества – отвечает современным мировым требованиям. Профессия строителя в Туркменистане всегда пользовалась особым уважением. Строить – значит созидать, думать о будущем, оставлять после себя полезный след. Архитектор и инженер работают не только с чертежами, материалами и технологиями. Они формируют среду, в которой живут, учатся, трудятся и отдыхают люди. Поэтому подготовка таких специалистов требует не только глубоких знаний, но и высокой ответственности перед обществом и государством. От имени коллектива Туркменского государственного архитектурно-строительного института выражаем глубокую признательность Президенту Туркменистана Сердару Бердымухамедову и Национальному Лидеру туркменского народа, Председателю Халк Маслахаты Туркменистана Герою-Аркадагу Гурбангулы Бердымухамедову за постоянную заботу о развитии образования, науки, строительной отрасли и молодёжи. Уверен, что новый комплекс зданий нашего института станет не только украшением столицы, но и важным центром подготовки высококвалифицированных кадров, научных инициатив и созидательных проектов. Здесь будут рождаться идеи будущего, здесь будет крепнуть профессиональный потенциал отечественной архитектурно-строительной школы, здесь будут воспитываться специалисты, которым предстоит продолжить грандиозные преобразования любимой Отчизны! Бегли АТАЕВ, ректор Туркменского государственного архитектурно-строительного института.
Перспективы аграрного образования
Студенты факультета механизации сельского хозяйства Туркменского сельскохозяйственного университета имени С.А. Ниязова успешно прошли двухнедельную учебно-производственную практику на базе Ташкентского института инженеров ирригации и механизации сельского хозяйства (ТИИИМСХ). Подобное взаимодействие вузов-партнёров способствует укреплению научно-образовательных связей и открывает новые возможности для повышения качества подготовки будущих специалистов аграрного сектора. Главная цель этой поездки заключалась в обмене передовым опытом и закреплении теоретических знаний на практике с учётом современных вызовов, стоящих перед аграрным сектором. Специально разработанная программа включала лекции ведущих профессоров ТИИИМСХ по наиболее актуальным направлениям. В частности, студенты подробно изучили влияние климатических изменений на мелиоративное состояние сельхозугодий, что критически важно для устойчивого развития отрасли в нынешних реалиях. Особое внимание будущие специалисты уделили освоению международных методик ФАО по расчёту режимов полива, позволяющих оптимизировать использование водных ресурсов. Кроме того, молодые аграрии освоили инновационные водосберегающие решения и научились применять геоинформационные системы (ГИС) вместе с технологиями дистанционного зондирования Земли, которые открывают принципиально новые возможности для мониторинга и эффективного управления угодьями. В современных лабораториях вуза туркменские студенты получили возможность провести самостоятельные исследования. Они тестировали эффективность работы GPS-систем на сельскохозяйственной технике, измеряли теплопроводность различных конструкционных материалов и изучали физико-механические свойства разных типов почв. Эти лабораторные занятия позволили будущим агроинженерам глубже понять принципы работы современного оборудования, используемого в сельском хозяйстве. Программа стажировки также включала в себя экскурсии на ключевые профильные предприятия Узбекистана. Студенты посетили проектный институт «UzGIP», компанию «AGROMAX TECHNIC», «Школу водников» и Республиканский центр испытаний и сертификации сельхозтехники. Эти визиты предоставили возможность ознакомиться с реальными производственными процессами, внедрёнными технологиями и работой специалистов на местах. Помимо насыщенных занятий для туркменских студентов подготовили увлекательную культурную программу. Гости смогли ознакомиться с историей и культурой Узбекистана, посетив главные достопримечательности, музеи и культурные центры Ташкента. Это способствовало укреплению гуманитарных связей между студентами двух стран и расширению их кругозора. Важно отметить, что данное партнёрство носит ярко выраженный двусторонний характер. Ранее, в мае–июне студенты Ташкентского института инженеров ирригации и механизации сельского хозяйства совершили аналогичный визит в Ашхабад, где прошли стажировку на базе Туркменского сельскохозяйственного университета им. С.А.Ниязова. Взаимные академические обмены между университетами проводятся ежегодно в рамках Соглашения о сотрудничестве, подписанного в апреле 2018 года. Такая практика является мощным стимулом для развития туркмено-узбекского партнёрства, укрепления дружественных отношений и, что самое главное, повышения качества подготовки высококвалифицированных специалистов для аграрного сектора обеих стран. Гозел ДЖАПБАРОВА, «НТ».
В гости к детям
На период летних школьных каникул коллектив Государственного музея Государственного культурного центра Туркменистана традиционно планирует тематические выездные выставки, лекции, викторины, способствуя организации яркого, запоминающегося досуга для детей, развитию творческих способностей подрастающего поколения. Кроме того, проведение образовательных и культурных мероприятий призвано помочь школьникам расширить кругозор по истории, культуре и природе нашей страны. Специалисты и научные сотрудники музея на днях совершили очередную поездку в Детский оздоровительный центр «Ýaşlyk», расположенный в экологически чистом живописном ущелье Гёкдере, который находится в ведении Министерства торговли и внешнеэкономических связей Туркменистана. Была представлена передвижная выставка «Животный мир Туркменистана», которую посетили порядка 400 отдыхающих в ДОЦ школьников со всех уголков Туркменистана. Экспозиция включала наглядные фото- и видеоматериалы, показ которых сопровождался пояснением опытных учёных-биологов – работников отдела природы музея. Дети ознакомились с разнообразием энтомо- и орнитофауны территории нашей страны, обитающими у нас копытными, дикими кошачьими млекопитающими. Были прочитаны лекции об особенностях образа жизни, повадках, питании и размножении различных видов животных. Например, многие дети впервые узнали, что в горах и пустынях можно встретить свыше 400 видов птиц, 30 видов змей и всего три вида черепах, одна из которых – степная – спит девять месяцев в году и только весной активна, усиленно накапливает запас пищи. Удивительным было для юных туркменистанцев, как ухаживает за своими птенцами пустынная птица саджа, представитель семейства рябковые: доставку воды птенцам берут на себя самцы, которые приносят её… в оперении. Единственный в своём роде экспонат – лысуха альбинос раскрыла сущность явления альбинизма. Существует ли птичье молоко (им кормит птенцов мигрирующее через озеро Сарыкамыш и туркменское побережье Каспийского моря фламинго) и почему птицы из голубиных откладывают кладку только из двух яиц? Об этом и многом другом дети узнали «из первых уст», могли задавать вопросы, рассмотреть экспонаты поближе. Особый интерес вызвали окаменелости – минерализованные отпечатки формы растений и животных, найденные в горных слоях Копетдага и Койтендага. Среди них – застывший в камне ствол дерева с характерными прожилками возрастом 270 миллионов лет, створки раковин морских животных-аммонитов, белемниты возрастом 150 млн лет, морские ежи нескольких разновидностей, обитавшие 140 миллионов лет назад, двустворчатые моллюски. Дети узнали, что эти находки доказывают, что в далёком доисторическом геологическом прошлом (в мезозойскую эру) территорию Туркменистана занимало огромное древнее море Тетис, в водах которого водились даже древние акулы, зубы которых также можно было видеть в экспозиции. Чтобы закрепить полученные знания, был организован опрос в игровой форме, который очень понравился детям. Победителям были вручены памятные открытки с изображением экспонатов музея. Энеджан АЛТЫЕВА, заведующая отделом Государственного музея Государственного культурного центра Туркменистана.
Halkara giňişlikde
Aşgabatly okuwçylaryň üstünligi Paýtagtymyzdaky A.S.Puşkin adyndaky umumybilim berýän bilelikdäki türkmen-rus mekdebiniň okuwçylary Russiýada geçirilen «Öz Watanyň barada dünýä gürrüň ber» atly halkara bäsleşikde ýeňiji boldular. Bu bäsleşik halklaryň arasynda dostlukly gatnaşyklary ösdürmek, ýaşlary dürli ýurtlaryň medeniýeti bilen ýakyndan tanyşdyrmak üçin ýylyň-ýylyna guralýar. Daşary ýurtlardaky rus mekdepleriniň assosiasiýasynyň düzümine girýän Aşgabatdaky bilim ojagyndan bäsleşige jemi 18 sany döredijilik işi hödürlenip, şolaryň ikisi eminleriň iň ýokary bahasyna mynasyp boldy. Hususan-da, mekdebiň okuwçysy G.Wlasenkonyň taslamasy indi ençeme ýyldan bäri Türkmenistan bilen Russiýanyň arasyndaky medeni dialogyň, hakyky dostlugyň köprüsi bolup hyzmat edip gelýän A.S.Puşkin adyndaky umumybilim berýän bilelikdäki türkmen-rus mekdebine bagyşlanypdyr. M.Farsiýansyň işinde bolsa Aşgabadyň merkezinde ýerleşýän, meşhur rus şahyry Aleksandr Sergeýewiç Puşkiniň adyny göterýän meýdançanyň taryhyndan we onuň häzirki ýagdaýyndan söz açylýar. Mekdebiň ýolbaşçylary zehinli okuwçylary gazanan üstünligi bilen gutlap, şeýle bäsleşikleriň milli medeni gymmatlyklary wagyz etmekde, Arkalaşygyň çäginde özara düşünişmek gatnaşyklaryny ilerletmekde uly ähmiýete eýedigini nygtadylar. Bilim alyşmalaryny ilerledip Hormatly Prezidentimiziň milli bilim ulgamyny halkara derejede ösdürmek ugrunda edýän tagallalary netijesinde ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleri dünýäniň abraýly bilim ojaklary bilen göni gatnaşyklary ýola goýup, halkara hyzmatdaşlygyň gerimini barha giňeldýärler. Häzir dowam edýän tomus paslynda türkmen talyplarynyň onlarçasynyň daşary ýurtlarda okuw-önümçilik tejribeliklerini geçmäge mümkinçilik almagynyň mysalynda-da muňa göz ýetirmek bolýar. Şu günler Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň talyplarynyň Hytaýyň nebit uniwersitetinde geçýän okuw-önümçilik tejribeligi netijeli häsiýete eýe bolup, ol Türkmen-hytaý energetika okuw merkezini döretmek hakynda şu ýylyň aprelinde gol çekilen Ylalaşyga laýyklykda guralýar. Saparyň maksatnamasynyň çäginde talyplar Hytaýyň Milli nebit korporasiýasyna (CNPC) we onuň önümçilik desgalaryna baryp görerler. Şeýle-de olar üçin «Hytaý diliniň esaslary», «Hytaý medeniýeti», «Ýaşyl» energetika, uglerod zyňyndylaryny azaltmak», «Nebitiň we gazyň geljegi», «Ýüpek ýolunyň ugrunda energetika hyzmatdaşlygynyň geljekki mümkinçilikleri» atly mowzuklar boýunça gysga möhletli okuwlar guralýar. Sapaklary bolsa Hytaýyň nebit uniwersitetiniň öňdebaryjy professorlary geçýärler. Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň rus dili we edebiýaty fakultetiniň ikinji ýyl talyplarynyň 18-si şu ýyl rus dili boýunça sözleýiş başarnyklaryny kämilleşdirmek üçin Moskwada ýörite okuwlary geçmäge mümkinçilik aldy. Olaryň bu sapary Naberežnyýe Çelny döwlet mugallymçylyk uniwersiteti bilen gol çekilen Ähtnama laýyklykda guralýar. Oňa gatnaşmak üçin fonetika, dogry ýazmak, grammatika, söz ýasalyşy, leksika, sintaksis, rus edebiýatynyň esaslary boýunça ýazuwly test tabşyrmak, şeýle-de ýatdan gepleýiş we kommunikatiw başarnyklaryna baha berýän höweslendiriji audioýazgy bilen çykyş etmek ýaly iki şertden ybarat bolan bäsleşikden üstünlikli geçen talyplar saýlanyp alyndy. Sözleýiş tejribeliginiň maksatnamasy «Beýik dili öwrenýärin» atly bilim maksatnamasynyň çäklerinde RF-niň Magaryf ministrliginiň we «Meniň taryhym» atly ynsanperwer taslamalar gaznasynyň goldaw bermeginde Naberežnyýe Çelny döwlet mugallymçylyk uniwersiteti tarapyndan taýýarlanyldy. Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň Gündogar dilleri we edebiýaty fakultetiniň koreý dili hünärinde bilim alýan, okuwda we jemgyýetçilik işlerinde uly üstünlikleri gazanan 6 sany talyp bolsa Koreýa Respublikasynyň Kangwon milli uniwersitetinde okuw tejribeligini geçmäge hukuk gazandy. Olar koreý dilini, medeniýetini öwrenmek, ýaşlarda amaly endikleri kemala getirmek maksady bilen guralan tejribeligiň çäklerinde çuňlaşdyrylan sözleýiş derslerini yzygiderli özleşdirdiler. Munuň özi geljekde iki ýokary okuw mekdebiniň arasynda sanly bilim mümkinçiliklerini birleşdirmäge, bilelikdäki halkara maslahatlary guramaga, professor-mugallymlaryň hünär tejribesini kämilleşdirmäge ýardam eder. Okuw tejribeligi talyplara diňe bir saýlap alan hünärini kämilleşdirmäge däl, eýsem, Gündogaryň baý medeniýeti, milli gymmatlyklary, koreý halkynyň däp-dessurlary bilen içgin tanyşmaga hem amatly mümkinçilik boldy. Taýýarlan Aýgül RAHYMOWA. «Türkmenistan».
Tejribe. Hünär. Kämillik
Berkarar döwletimizde Gahryman Arkadagymyzyň hem-de hormatly Prezidentimiziň tagallalary bilen ýaş nesilleriň ylymly-bilimli, giň dünýägaraýyşly, kämil şahsyýetler bolup ýetişmegi üçin giň mümkinçilikler döredilýär. Şunda milli bilim ulgamy hemmetaraplaýyn ösdürilip, talyp ýaşlaryň diňe nazary taýdan däl, eýsem, amaly taýdan hem bilimleriniň kämilleşdirilmegine aýratyn üns berilýär. Şunuň bilen baglylykda, ýurdumyzda ýaşlaryň söýgüli neşiri bolan «Nesil» gazetiniň redaksiýasynda önümçilik tejribeligini geçmegimiz talyplyk ýyllarymyzyň ýatda galyjy wakalarynyň birine öwrüldi. Biz her okuw ýylynda öz hünärimize görä degişli ýerlerde, aýratyn hem, ýurdumyzyň gazet-žurnallarynyň redaksiýalarynda, milli teleradioýaýlymlarymyzda önümçilik tejribeligini geçýäris. Şeýdibem, öwrenen bilimlerimizi tejribe üsti bilen has-da berkidýäris. «Nesil» gazetiniň redaksiýasynyň tejribeli işgärleriniň gatnaşmagynda geçirilen döredijilik maslahatlary, makala taýýarlamagyň usullary baradaky düşündirişler nazary bilimlerimizi amaly taýdan berkitmäge uly mümkinçilik döretdi. Tejribelik döwründe biz korrektorlaryň, habarçylaryň, bölüm redaktorlarynyň hem-de jogapkär kätibiň iş aýratynlyklary bilen ýakyndan tanyşdyk, makalalaryň redaktirleme işlerine gatnaşdyk. Şeýle hem dürli temalarda özbaşdak makalalar ýazyp, redaksiýa tabşyrdyk. Gazet sahypalarynda ýaşlar syýasatynyň giňden beýan edilýändigi, ýaşlaryň döredijiligine aýratyn üns berilýändigi bizi döredijilik bilen meşgullanmaga has-da höweslendirdi. Gazetiň redaksiýasynda ýurdumyzyň ýokary we orta hünär okuw mekdepleriň ugurdaş hünärlerinde bilim alýan talyplaryň ençemesi önümçilik tejribeligini geçýärler. Olar bilen söhbetdeş bolanyňda, žurnalistik işiň uly tejribäni, ýörite endikleri, ýokary hünär taýýarlygyny talap edýändigini nygtaýarlar. Bu barada Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň talyby Uzuk Gurbandurdyýewa şeýle gürrüň berdi: — Her gezek önümçilik tejribeligini geçmegimiz talyplyk durmuşymyzda ýatdan çykmajak wakalaryň birine öwrülýär. Sebäbi biz tejribelik döwründe nazary bilimlerimizi amalyýetde özleşdirýäris, döredijilik adamlary bilen tanyşýarys, olar bilen pikir alyşýarys, täze iş endiklerini öwrenýäris. Munuň özi biziň üçin özboluşly kämillik mekdebidir. Biz geljekde hem özümize bildirilýän beýik ynama diňe ýeňişlerimiz bilen jogap bereris. Ýaşlara ähli mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun! Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň talyby Peristan Töräýewa bolsa geljekki halkaraçy hünärmen hökmünde «Nesil» gazetiniň redaksiýasynda önümçilik tejribeligini geçmegiň özi üçin örän uly mümkinçilik bolandygyny belleýär. — Tejribelik döwründe institutymyzyň «Ýaş diplomatyň sesi» elektron gazetinde, şeýle hem internet saýtlarynda dürli temalardaky, şol sanda önümçilik tejribeligimiziň ähmiýetini şöhlelendirýän makalalar bilen çykyş edýäris. Bu tejribe geljekki hünär ýolumyzda möhüm ädimleriň biri bolar. Biziň kämil hünärmenler bolup ýetişmegimiz üçin yzygiderli tagallalary edýän Milli Liderimize hem-de hormatly Prezidentimize tüýs ýürekden sagbolsunlarymyzy aýdýarys — diýip, ol ýürek buýsanjyny beýan edýär. Umuman, ýaşlaryň hünär taýdan kämilleşmegi üçin döredilýän şeýle mümkinçilikler Gahryman Arkadagymyzyň hem-de hormatly Prezidentimiziň ýaşlara bildirýän beýik ynamynyň aýdyň netijesidir. Biz — ýaşlara döwrebap bilim almagymyz, saýlan hünärimiz boýunça kämilleşip, tejribe toplamagymyz üçin ähli tagallalary edýän Milli Liderimiziň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň beýik işleri elmydama rowaçlyklara beslensin! Mahym NARMYRADOWA, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň talyby.
Aýdyň maksatlar, ynamly ädimler
Häzirki wagtda ýurdumyzda ýaş nesilleriň döwrebap bilim almagy, zehin-başarnyklaryny doly açyp görkezmekleri üçin döwletimiz tarapyndan giň mümkinçilikler döredilýär. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ylym-bilimde uly sepgitleri nazarlaýan, özüniň yhlasy, döredijilik ukyplary bilen deň-duşlarynyň arasynda görelde bolýan ýaşlar günsaýyn artýar. Farap etrabyndaky 10-njy orta mekdebi şu ýyl üstünlikli tamamlan Farida Jumaýewa hem şeýle ýaşlaryň biri. Geografiýa bizi dünýä ýurtlarynyň medeniýeti, syýasy ýagdaýlary we özara gatnaşyklary bilen ýakyndan tanyşdyrýar. Tebigatyň kanunalaýyklyklaryna düşünmek, ekologik meselelere akyl ýetirmek we geografik gurşawyň syrlaryny çözmek köpler üçin örän gyzykly bolsa gerek. Geografiýa ylmyna bolan gyzyklanmasy Faridany halkara gatnaşyklary ugrundan bilim almaga höweslendirýär. Iňlis dili we taryh sapaklaryny ürç edip okaýan Farida bilimini dürli ugurlar boýunça kämilleşdirýär. Ol mekdep okuwçylarynyň arasynda geçirilýän «Altyn asyryň altyn zehinleri» atly ders bäsleşigine geografiýa ugry boýunça gatnaşyp, 2023-2024-nji okuw ýylynda welaýat tapgyrynda II orny, 2025-2026-njy okuw ýylynda umumydöwlet tapgyrynda III orny eýelemegi başardy. Şeýle hem 2024-nji ýylda Hindistanyň Daşary işler ministrligi tarapyndan guralan halkara «5th Bharat Ko Janiye Quiz» atly bäsleşikde iň gowy netije görkezen 50 sany gatnaşyjynyň biri hökmünde ýörite şahadatnama bilen sylaglandy. Farida 2024-2025-nji okuw ýylynda «Oguz hanyň zehinli nesilleri» atly III integrirlenen olimpiadasynyň I tapgyrynyň ýeňijisi bolup, «Oguz hanyň zehinli nesilleri» atly altyn gaznasynyň III derejeli agzalygyna kabul edildi. Ýene şol okuw ýylynda S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersiteti tarapyndan mekdep okuwçylarynyň arasynda ekologiýa dersi boýunça geçirilen bäsleşigiň jemleýji tapgyrynda II derejeli, 2025-2026-njy okuw ýylynda Seýitnazar Seýdi adyndaky mugallymçylyk instituty tarapyndan geografiýa dersi boýunça geçirilen bäsleşikde III derejeli diplomlara mynasyp boldy. Halkara gatnaşyklary ulgamynda ökde hünärmen bolup ýetişmegi maksat edinýän Farida bulardan başga-da, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda döredilen Ýaş diplomatlar mekdebiniň guramagynda mekdep okuwçylarynyň arasynda geçirilýän «Parahatçylygyň ýaş çaparlary» atly akyl-paýhas bäsleşiginiň V möwsüminiň VI oýnuna gatnaşmaga mümkinçilik gazandy. Maksada okgunly ýaş zehin öz saýlap alan ugry boýunça ýokary okuw mekdebiniň talyby bolmaga yhlasly taýýarlyk görýär. Biz hem Farida Jumaýewa mundan beýläk-de uly üstünlikleriň ýar bolmagyny tüýs ýürekden arzuw edýäris. «Nesil».
Kitap bilen dostlaşyň!
Tomus pasly mekdep okuwçylarynyň dynç almaklary, wagtlaryny peýdaly geçirmekleri, dünýägaraýşyny giňeltmekleri, şeýle hem peýdaly endikleri özleşdirmekleri üçin örän amatly döwürdir. Ony peýdaly we gyzykly geçirmegiň iň gowy ýollarynyň biri bolsa kitaplar bilen dostlaşmakdyr. Biz hem dünýä edebiýatynda çagalar üçin niýetlenen iň naýbaşy eserleriň birnäçesiniň sanawyny taýýarlap, size hödürlemegi makul bildik. Bu kitaplar ýaşajyk okyjylar üçin örän gyzykly bolar diýip ynam bildirýäris. «JAPBAKLAR» Berdi Kerbabaýewiň türkmen edebiýatynyň altyn hazynasyna giren bu eseri çagalaryň iň söýgüli kitaplarynyň biridir. Doganlar — Japbaklar we olaryň obadaşlary bilen bagly bolup geçýän şadyýan, gülküli hem-de durmuşdan alnan wakalary gürrüň berýän bu powest çagalarda agzybirligi, oýlap tapyjylygy kemala getirýär we dostluga belent sarpany terbiýeleýär. «PINOKKIONYŇ BAŞDAN GEÇIRENLERI» «Pinokkio» diýilse, ýalan sözläninde burny uzaýan, hemişe hakyky oglanjyga öwrülmek isleýän agaç gurjak göz öňümize gelýär. Awtor Karlo Kollodiniň oýlap tapan bu simwolik usuly çagalara uly sapak berýär. Ýalan sözlemegiň erbet häsiýetdigini, diňe zähmetsöýer, dogruçyl we ata-enäni diňleýän gowy çaga bolanyňda, uly arzuwlara ýetip bolýandygyny ündeýär. «KIÇIJEK ŞAZADA» Dünýä halklary tarapyndan iň köp okalýan Antuan de Sent-Ekzýuperiniň bu kitabynda dostlugyň, mähirliligiň we jogapkärçiligiň oňat häsiýetlerdigi nygtalýar. Çagalar bu eser arkaly öz dostlaryna, maşgalasyna we janly-jandarlara bolan hormat-sarpany öwrenýärler. Kiçijek şazadanyň gyzykly syýahatlary çagalar dünýäsiniň ajaýyplyklaryny açyp görkezýär. «JEŇŇEL KITABY» Jeňňel kanunlaryny, haýwanat dünýäsini we tebigaty söýmegi öwredýän bu ajaýyp eseriň üsti bilen, çagalar adamlara hormat goýmagy, parahatçylykda we agzybirlikde ýaşamagy, batyrlygy, şeýle hem maşgala agzybirligini öwrenýärler. Redýard Kipling bu eseri bilen çagalara düzgün-nyzamly bolmagyň, ulularyň we tejribeli adamlaryň sözüni diňlemegiň durmuşda neneňsi möhümdigini düşündirýär. «TOM SOÝERIŇ BAŞDAN GEÇIRENLERI» Şadyýan we oýunçyl Tom Soýeriň başdan geçirmeleri tomus paslynda okamak üçin örän gyzykly eserdir. Amerikan ýazyjysy Mark Twen wakalary örän gönümel we şorta sözler arkaly täsirli beýan edip bilipdir. Bu kitap çagalaryň hyýal dünýäsini baýlaşdyrmaga we dostlaryň arasynda ýüze çykýan kynçylyklardan döredijilikli çykalga tapmaga kömek edýär. «KAPITAN GRANTYŇ ÇAGALARY» Dünýä edebiýatynyň görnükli wekili Žýul Werniň bu eseri geografiýany, tebigaty we syýahaty söýýän çagalar üçin iň ajaýyp gollanmadyr. Eser çagalaryň ylym-bilime, täze ýerleri öwrenmäge bolan höwesini artdyrmak bilen bir hatarda, maşgala mukaddesligini, mertligi we dostlaryňa wepaly bolmagy gyzykly başdan geçirmeler arkaly beýan edýär. Taýýarlan Aýşirin DÖWLETOWA, «Nesil».
Žurnalist bolasym gelýär
Daş-töwerekde bolup geçýän wakalary ýandepderçäme belläp goýmagy gowy görýärin. Ýöne žurnalist bolmak diňe bir habar ýazmakdan ybarat däl. Sözüň uly güýçdügi barada mugallymlarymyz kän aýdardy. Metbugat sahypalarynda çap edilýän dürli görnüşli makalalar bilen tanyş bolanymyzda, olaryň her biriniň ýazylyş aýratynlyklarynyň bardygyna göz ýetirýäris. Men olary içgin öwrenip, öz ýazan makalalarym bilen «Türkmenistan sport» halkara žurnalynda hem-de «Edebiýat we sungat» gazetinde birnäçe gezek çykyş etdim. «Žurnalistika — ähli kärleriň kesişýän ýeri» diýýärler. Islendik habardyr makalany taýýarlajak bolanyňda, maglumatlary içgin öwrenmeli bolýar. Ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň birnäçesinde talyp ýaşlar žurnalistika hünäri boýunça bilim alýarlar. Şeýle hem Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşiniň ýanyndaky Maglumat, maslahat beriş we meýletinçilik hereketiniň işleri boýunça merkeziniň halypa-şägirtlik ýörelgelerini kämilleşdirmek maksady bilen her hepdede geçirilýän «Ýaş şahyrlar we žurnalistler» atly gurnagynda gyzykly, täsirli çykyşlar edilýär. Onda ussat halypalar bu hünäriň inçe syrlaryny ýaş höwesjeňlere öwredýärler. Watanymyzyň nurana geljegi bolan ýaşlaryň dünýä dillerini öwrenmekleri we häzirki zaman tehnologiýalaryny kämil derejede özleşdirmekleri üçin giň şertler döredilýär. Men hem daşary ýurt dillerini ürç edip öwrenýärin. Dürli dillerde makalalary ýazmaga höwes edýärin. Hemişe gözlegde bolmagy we yzygiderli öwrenmegi, hemme zatdan habarly bolmagy talap edýän bu hünär ýolunyň ilkinji basgançaklarynda mugallymlarym maňa ýakyndan ýardam berdi. Öňümde goýan baş maksadym bolsa hut şu ugur boýunça ýokary bilim alyp, Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň halkymyzyň eşretli durmuşyna, ýurdumyzyň belent ösüşlerine gönükdirilen beýik işlerini dünýä ýaýmaga öz goşandymy goşmakdan ybarat. Biz — bagtyýar ýaşlar Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe, ajaýyp zamanada okap, bilim alýarys. Goý, bize şeýle mümkinçilikleri döredip berýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, il-ýurt bähbitli, dünýä ähmiýetli beýik işleri hemişe rowaçlyklara beslensin! Aýnur ANNAMÄMMEDOWA, Aşgabat şäherindäki ýöriteleşdirilen 27-nji orta mekdebiň uçurymy.
Çagalaryň dynç alşy guramaçylykly geçirilýär
Ýakynda Gökderede ýerleşýän «Beýik Serdar nesilleri» çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezinde ýangyn-amaly sporty boýunça bäsleşik geçirildi. Ony Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň Döwlet ýangyn howpsuzlygy gullugy, «Ýaş tebigatçy» jemgyýetçilik guramasy, Türkmenistanyň Bilim ministrligi, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşi, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkezi, Ýangyna garşy meýletinçiler jemgyýeti, Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýeti hem-de Ýangyn-amaly sport federasiýasy bilelikde gurady. Gyzykly geçen bäsleşige merkezlerde dynç alýan ýetginjeklerden ybarat ýaş ýangyn söndürijiler toparynyň 14-si gatnaşdy. 10 — 14 ýaşly ýetginjek oglanlar 5 tapgyrdan ybarat bolan bäsleşikde özleriniň çalasynlygyny we ýangyna garşy göreşmek ukyplaryny görkezdiler. Olar agaç päsgelçiliklerinden ylgap geçmek, ýangyn suw pürküjisini suw geçirijä çalt birikdirip-aýyrmak, pökgüleri nyşana düşürmek hem-de ýangyn söndürijini dogry ulanyp, emeli ýangyny söndürmek boýunça bäsleşdiler. Emin agzalaryň baha bermeginde ýeňijiler yglan edildi. Netijede, 1-nji orna Muhammetmyrat Nyýazow adyndaky çagalar sagaldyş we dynç alyş merkeziniň, 2-nji orna «Çynar» çagalar sagaldyş we dynç alyş merkeziniň, 3-nji orna bolsa «Nesil» çagalar sagaldyş we dynç alyş merkeziniň ýaş ýangyn söndürijiler topary mynasyp boldy. Ýeňijilere we ýaryşa gatnaşan ýaş we iň çalasyn türgenlere guramaçylar tarapyndan ýadygärlik sowgatlar berildi. Şeýle hem Muhammetmyrat Nyýazow adyndaky çagalar sagaldyş we dynç alyş merkeziniň toparyna ýangyn-amaly sporty bilen baglanyşykly bäsleşigiň göçme kubogy gowşuryldy. Biz hem bu ýere gelenleriň birnäçesi bilen söhbetdeş bolduk. Dünýä ŞYHMÄDOWA,«Ýaş tebigatçy» jemgyýetçilik guramasynyň hünärmeni: ― Bu günki geçirilen ýaryş ýaş nesliň beden we aň taýdan sazlaşykly kemala gelmegine, dynç alýan döwründe ukyp-başarnyklaryny ösdürmäge şert döredýär. Gözel tebigatymyza aýawly çemeleşmek, ony ýüze çykyp biljek ýangyndan goramak babatda ösüp gelýän nesillere düşünje bermek ählimiziň borjumyz. Guramamyz bu ugurda yzygiderli çäreleri geçirýär. Muňa mysal hökmünde, şu ýylyň aprel aýynda BMG-niň Ösüş maksatnamasynyň we Ählumumy ekologiýa gaznasynyň Aral deňziniň sebitindäki ekoulgamlary durnukly dolandyrmak boýunça taslamasynyň çäklerinde ýaşlaryň gatnaşmagynda guralan «Amyderýa» döwlet tebigy goraghanasyna iki günlük ekosyýahat çäresini görkezmek bolar. Ýakynda ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň Milli toparynyň sekretariaty bilen bilelikde «Ýaşyl» geljek üçin hyzmatdaşlyk» atly ekologik çäräni geçirdik. Onuň çäklerinde Köpetdag döwlet tebigy goraghanasynyň muzeýine guralan gezelençde ýaş ekologlar ýurdumyzyň baý ösümlik we haýwanat dünýäsi, tebigy aýratynlyklary bilen ýakyndan tanyşdylar. Eziz Diýarymyzyň gözel tebigatyny aýawly saklamakda uly işleri amala aşyrýan Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, dünýä ähmiýetli tutumly işleri elmydama rowaçlyklara beslensin! Jennet SEÝITMYRADOWA,Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň talyby: ― Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallalary netijesinde, biz talyplara okamakda, hünär öwrenmekde we ony amalyýetde kämilleşdirmekde giň mümkinçilikler döredilýär. Şeýle mümkinçilikleriň biri hem okuw-terbiýeçilik tejribeligimizi gözel Köpetdagyň goýnunda ýerleşýän ajaýyp Gökdere jülgesindäki çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezlerinde geçmegimizdir. Häzirki wagtda okuw-terbiýeçilik tejribeligimi bu ýerdäki «Çeşme» çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezinde terbiýeçiniň kömekçisi hökmünde geçýärin. Men bu ýerdäki çagalar bilen örän ysnyşdym. Olar bilen dürli oýunlary oýnamak we bilýän zatlarymy öwretmek meniň üçin ýakymly. Merkezde çagalaryň wagtlaryny gyzykly we peýdaly geçirmekleri üçin surat çekmek we saz gurnaklary, gyzlar üçin el iş gurnagy hereket edýär. Ýaş nesilleriň tebigata bolan söýgüsini artdyrmak maksady bilen, biz bilelikde gerbariý hem ýygnaýarys. Oglanlar bolsa agaçdan dürli esbaplary ýasaýarlar hem-de sport bilen meşgullanýarlar. Ýeňiş ORAZDURDYÝEW,Aşgabat şäherindäki 47-nji orta mekdebiň 9-njy synp okuwçysy: ― Biz bu ýaryşa toparymyz bilen ykjam taýýarlandyk. Men agaç päsgelçiliklerinden ylgap geçmekde bäsdeşimden üstün çykdym. Ýaryşda ýeňiji bolmagymyz toparymyzyň agzybirligi we çalasynlygy bilen baglanyşyklydyr. Sport meniň halaýan güýmenjäm. Geljekde tanymal futbolçy bolmak isleýärin. Bagtyýar nesliň sowatly, döwrebap ylym-bilimli, edep-terbiýeli ýaşlar bolup ýetişmegi üçin tagallalary edýän mähriban Prezidentimize sagbolsun aýdýaryn. Zyba SÄHETMYRADOWA,Aşgabat şäherindäki 129-njy orta mekdebiň 8-nji synp okuwçysy: ― Men «Çeşme» çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezinde dynç alýaryn. Bu ýerde sport we beýleki dürli bäsleşikler yzygiderli geçirilýär. Men hem ýakynda geçirilen merkezara sport bäsleşiginiň uzak aralyga bökmek görnüşi boýunça birinji orna mynasyp boldum. Sportuň karate görnüşi bilen meşgullanyp, Aşgabat şäheriniň birinjiliginde hem baýrakly orun aldym. Bu günki ýaryşa gatnaşýan ähli deň-duşlaryma üstünlik arzuw edýärin. Gurbansoltan PIRIÝEWA, Aşgabat şäherindäki 19-njy orta mekdebiň mugallymy.
Перспективы межвузовского диалога
Масштабная модернизация научно-образовательного комплекса, укрепление международного сотрудничества и внедрение передовых цифровых технологий, осуществляемые в Туркменистане под руководством Президента Сердара Бердымухамедова и благодаря мудрым инициативам Национального Лидера туркменского народа, Председателя Халк Маслахаты Гурбангулы Бердымухамедова, выводят национальные стандарты образования на качественно новый уровень, обеспечивая уверенную интеграцию отечественной сферы просвещения в глобальное интеллектуальное пространство. В данном направлении ключевой акцент делается на выстраивании прямых контактов отечественных высших учебных заведений с ведущими зарубежными университетами и научно-исследовательскими центрами. Подобное межвузовское партнёрство открывает новые возможности для профессионального роста профессорско-преподавательского состава и студенческой молодёжи, позволяя осваивать передовой опыт через совместные академические программы и проекты. Очередным шагом в данном направлении стало проведение в Русенском университете имени Ангела Кынчева (Республика Болгария) при участии делегации Туркменистана цикла международных мероприятий в рамках программы Erasmus+. Данная встреча была посвящена развитию эффективных методов преподавания, внедрению инновационных педагогических практик, а также обмену опытом и укреплению научного сотрудничества. Расположенный на берегу Дуная на севере Болгарии Русенский университет имени Ангела Кынчева является одним из ведущих многопрофильных высших учебных заведений страны. Основанная в 1945 году, эта кузница кадров известна как первое высшее техническое учебное заведение, открытое за пределами столицы Софии. В настоящее время вуз выступает одним из крупнейших центров образования и науки в регионах Русе, Разград, Силистра и Видин. В его структуру входят восемь факультетов, ряд научно-исследовательских центров и филиалов. В международных мероприятиях приняли участие преподаватели Государственного энергетического института Туркменистана. Основной целью визита являлось изучение современных педагогических подходов в системе высшей школы, обмен опытом в области инновационных методов обучения, ознакомление с передовыми практиками внедрения цифровых технологий, а также расширение двустороннего научного сотрудничества. Визит начался с торжественной церемонии открытия, объединившей представителей тринадцати высших учебных заведений из десяти стран мира. В ходе встречи участники представили развёрнутые презентации, посвящённые достижениям своих вузов в области образования, науки и инноваций, опыту международного партнёрства, а также реализуемым совместным проектам. В рамках рабочей поездки также состоялась международная научная конференция по компьютерным системам и технологиям «CompSysTech’26», объединившая учёных, исследователей и преподавателей из различных стран. Были подробно рассмотрены результаты актуальных исследований в области искусственного интеллекта, программного обеспечения, цифровой трансформации, кибербезопасности, облачных решений, информационно-коммуникационных структур и путей совершенствования ИТ-инфраструктуры. Представители Государственного энергетического института приняли активное участие в дискуссиях, поделившись опытом использования ИТ-технологий в системе высшей школы, применения инновационных педагогических подходов, повышения эффективности исследовательской деятельности и создания современной образовательной среды. Кроме того, с зарубежными коллегами были обсуждены перспективы реализации совместных проектов, расширения программ академической мобильности и дальнейшего углубления межвузовского взаимодействия. Организованные в рамках программы Erasmus+ мероприятия способствовали повышению квалификации профессорско-преподавательского состава и изучению передовых мировых практик. Данная рабочая поездка внесла весомый вклад в развитие взаимовыгодных связей Государственного энергетического института с зарубежными вузами, что полезно для реализации совместных исследовательских проектов, расширения академической мобильности, а также подготовки высококлассных специалистов, отвечающих международным требованиям. Подобные широкие возможности для развития международного взаимодействия в сфере науки и образования открылись благодаря дальновидной государственной политике уважаемого Президента Сердара Бердымухамедова и мудрым инициативам Национального Лидера туркменского народа, Председателя Халк Маслахаты Гурбангулы Бердымухамедова. Преподаватели и студенты выражают Герою-Аркадагу и Аркадаглы Герою Сердару искреннюю признательность за постоянную заботу о процветании отечественной высшей школы и поддержку в расширении международного партнёрства.
Звонкие голоса счастливой эпохи
При совместной организации Министерства образования, Министерства культуры и Центрального совета Молодёжной организации Туркменистана имени Махтумкули по случаю 2026 года, девиз которого «Независимый нейтральный Туркменистан – родина целеустремлённых крылатых скакунов», в Детском оздоровительном центре «Nebitçi» в Гёкдере состоялся межцентровой творческий конкурс «Bedew batly öňe barýar nesiller». В ходе творческого состязания ребята продемонстрировали свои таланты в самых разных жанрах. Они соревновались в выразительном чтении, вокальном и танцевальном мастерстве, а также представили яркие литературно-музыкальные композиции, посвящённые гордости народа –ахалтекинским скакунам. Украшением конкурса стали увлекательные видеоролики, которые дети сами подготовили во время летнего отдыха. Этот конкурс имел огромное значение для формирования неиссякаемого чувства патриотизма в сердцах подрастающего поколения, широкой пропаганды здорового образа жизни среди молодёжи. Он внёс особый вклад в то, чтобы каждый день летних каникул ребят проходил весело, интересно и содержательно. Большой интерес вызвала развернувшаяся на полях конкурса выставка поделок, сделанных руками юных умельцев, отдыхающих в здравницах Гёкдере. Эта замечательная экспозиция, ярко продемонстрировавшая интеллектуальный потенциал и богатый творческий мир детей, произвела огромное впечатление на участников торжества. Как известно, всесторонняя забота о гармоничном развитии подрастающего поколения и обеспечении его счастливой жизни является одним из ключевых направлений государственной политики уважаемого Президента Аркадаглы Героя Сердара. При этом особое внимание уделяется успешному решению вопросов, связанных с предоставлением молодёжи современного образования и воспитания в соответствии с требованиями времени, формированием у неё патриотизма и трудолюбия. За проявленные уникальные таланты, способности и особо выдающиеся вдохновенные выступления в ходе конкурса творческим коллективам Детских оздоровительных центров «Çynar», «Nebitçi», «Beýik Serdaryň ruhubelent nesilleri», «Altyn damja» и «Demirýolçy» от имени Центрального совета Молодёжной организации Туркменистана имени Махтумкули были вручены Почётные грамоты и памятные подарки. Завершился праздник ярким гала-концертом. Подготовленные ребятами вдохновенные песенно-танцевальные композиции и декламация стихов, прославляющие нашу светлую эпоху, придали торжеству особый колорит. Звонкие детские голоса и счастливые улыбки наполнили этот день атмосферой творчества, новых познаний. Гурбанмырат МУХАММЕДОВ, заведующий отделом Центрального совета Молодёжной организации Туркменистана имени Махтумкули. Фото Дорткули МУРАДКУЛИЕВА.
Культурное наследие и дипломатия будущего
В честь Дня работников культуры и искусства, а также поэзии Махтумкули Фраги в Институте международных отношений Министерства иностранных дел Туркменистана состоялась научно-практическая конференция «Литературное наследие Махтумкули Фраги и развитие культурной дипломатии Туркменистана». В мероприятии приняли участие профессорско-преподавательский состав института, студенческая молодёжь национальной школы туркменской дипломатии, а также представители ведущих научных учреждений страны. Открывая конференцию, ректор Института международных отношений Министерства иностранных дел Туркменистана Гульшат Юсупова подчеркнула важность сохранения и популяризации культурного наследия Махтумкули Фраги как неотъемлемой части национальной идентичности и эффективного инструмента культурной дипломатии. В рамках пленарного заседания с докладом на тему «Этикет и правовая культура» выступил Ягмыр Нурыев, директор Института государства, права и демократии Туркменистана, доктор юридических наук, акцентировав внимание на значении этических норм и правовой культуры в формировании международных отношений и дипломатической практики. Далее старший преподаватель кафедры международных отношений и дипломатии Института международных отношений МИД Туркменистана Какаджан Моммадов представил доклад, в котором подробно рассмотрел способы передачи философских и культурных идей через поэтическое творчество великого поэта. Конференция стала площадкой для глубокого обсуждения принципов нейтралитета, мира, доверия и национальной культуры, которые занимают центральное место в государственной политике Туркменистана. В своих выступлениях участники подчеркнули важность культурной дипломатии в контексте девиза года «Независимый нейтральный Туркменистан – родина целеустремлённых крылатых скакунов», а также рассмотрели вопросы дипломатии, отражённые в стихах Махтумкули Фраги. После пленарного заседания работа конференции продолжилась в рамках специализированных секций, каждая из которых была посвящена ключевым аспектам наследия поэта и его влияния на современное общество. Выступающие также отметили важность проводимой под руководством уважаемого Президента Туркменистана политики широкого международного научного сотрудничества. Особое внимание было уделено фундаментальным преобразованиям, инициированным Героем-Аркадагом, которые способствуют расширению культурных и гуманитарных международных связей, популяризации богатого культурного наследия туркменского народа на мировой арене. Участники конференции подчеркнули, что творчество Махтумкули Фраги, посвящённое вечным общечеловеческим ценностям, занимает особое место не только в национальной культуре Туркменистана, но и в духовно-интеллектуальном развитии мирового сообщества. Его поэтическое наследие, оказавшее глубокое влияние на формирование художественного мировоззрения различных народов, требует дальнейшего всестороннего изучения и популяризации на международном уровне. В ходе обсуждений было отмечено, что философия и поэзия Махтумкули служат важным инструментом укрепления межкультурного диалога и взаимопонимания между народами, что особенно актуально в условиях современного глобального мира. Участники выразили уверенность, что интеграция культурных ценностей в практику культурной дипломатии Туркменистана будет способствовать формированию позитивного имиджа страны и расширению её международного влияния. В завершение конференции её участники выразили искреннюю благодарность уважаемому Президенту Туркменистана и Герою-Аркадагу за создание благоприятных условий для развития науки, образования и культуры в стране. Было подчёркнуто, что благодаря государственной поддержке молодое поколение туркменских дипломатов и учёных получает уникальные возможности для профессионального роста и реализации творческого потенциала в атмосфере мира, стабильности и независимости. Научно-практическая конференция стала важным шагом на пути укрепления культурной дипломатии Туркменистана. Огулбике ЫМAМБЕРДИЕВA, преподаватель Института международных отношений Министерства иностранных дел Туркменистана.
Boýnaw
Ahalteke bedewleri dünýäde iň gadymy hem-de owadan atlar hökmünde ykrar edilýär. Taryhçylaryň tassyklamagyna görä, behişdi bedewlerimiz gözbaşyny biziň eýýamymyzdan öňki IV-III asyrlardan alyp gaýdýar. Häzir Ýer ýüzünde atlaryň 250-den gowrak tohumy bar. Şolaryň iň naýbaşylarynyň biri bolsa ahalteke bedewleridir. Şu ýylyň «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýyly diýlip yglan edilmeginde çuňňur many bar. Munuň özi ösüşleriň belentliklerine tarap bedew bady bilen ynamly gadam urýan ýurdumyzyň eýeleýän sepgitlerinde bedew badynyň äşgär duýulýandygyny aňladýar. Çünki ahalteke bedewlerine okgunlylyk, batly depgin mahsus. Bu türkmen bedewleriniň şejeresiniň häzirki bar bolan on ýedi nesil ugrunyň wekillerine kybap gelýän häsiýetdir. Gahryman Arkadagymyz «Atda wepa-da bar, sapa-da» diýen kitabynda: «Arassa ganly ahalteke bedewleriniň şejeresi on ýedi ugurdan gaýdýar» diýip belleýär. Şol on ýedi ugruň on dördüsiniň Boýnaw atly şöhratly bedewden gaýdýandygyny aýratyn bellemek gerek. Bu bolsa ady rowaýata öwrülen bu bedewiň nesilleriniň örän önümli atlar bolandygyny äşgär edýär. Şu ýerde ýene bir ýagdaýy aýratyn nygtamaly, ol hem häzir dünýäde bar bolan ahalteke bedewleriniň gözbaşynda Gutlysakar atly bedewiň bolandygy bilen bagly. Gutlysakardan iki ugur gaýdýar: Garamça, onuň nesli Läläniň çepi, onsoň Boýnaw. Beýleki ugur: Jully towy, Gökpişik, Kömek Çerkezli. Şu iki ugurdanam ahalteke bedewleri ýaýrapdyr. Ahalteke bedewleriniň döwlet tohumçylyk kitabynda Boýnawdan hem-de Sluçaýdan gözbaş alýan bedewler bellige alnyp başlanýar. Boýnaw atly şöhratly bedew Taňryguly diýen baý adama degişli bolupdyr. Ol hojalygy ýöretmegiň pugta düzgünini ugur edinipdir. Bir çözgüt kabul etdimi, hiç bir ýagdaýda-da ony üýtgetmändir, sözünden dagy dänjek gümany bolmandyr. Şonuň üçinem oba adamlary onuň adynyň yzyna «gaty» lakamyny goýupdyrlar. Şeýlelik bilen, ol Taňryguly gaty ady bilen belli bolupdyr. Şeýle hem ol ussat seýis eken. Taňryguly seýsiň atbakary täze taýyň dünýä inendigini habar berip, baý bilen taýa at dakmak meselesini maslahatlaşypdyr. Şonda Taňryguly baý täze dogan taýçanagy uzak wagtlap synlap, onuň boýnunyň ýognaslygyny nazara alyp, atbakara taýçanagy Boýnaw diýip atlandyrmagy maslahat beripdir. 1885-nji ýylda doglan Boýnaw tä 1900-nji ýyla çenli Taňryguly seýsiň elinde bolýar. Şol döwürde Boýnaw Zakaspi oblastynyň guramagynda geçirilýän çapyşyklara gatnaşyp, ýeňiş yzyna ýeňiş gazanypdyr, toý-baýramlaryň baş bezegine öwrülipdir. Boýnaw çapyşykdan galansoň, baý ony höwre goýýar. Il içinde abraý eýesi bolan bedewiň köp sanly nesilleri kemala gelýär. 1900-nji ýylda bolsa Boýnaw Zakaspi oblast atçylyk edarasynda höwür at hökmünde saklanylýar. Soň bolsa ol şöhratly bedewi Muhammetguly han atly köşüli bir baý adam satyn alýar. XIX asyryň aýaklarynda, XX asyryň başlarynda ahalteke bedewlerine bolan gyzyklanmalar artyp başlaýar. Şol döwrüň gazet-žurnallarynyň sahypalarynda buýsançly başyny dik tutup duran ahalteke bedewleriniň suratlaryna uly orun berilýär. Bu bolsa türkmen halkynyň yhlasyndan dörän ahalteke tohum atlarynyň dünýä ýüzündäki şöhratyny belende göterýär. Şol döwürde Firsow, Brauner, Kowalewskiý, Afanasýew, Witt, Lipping, Salihow, Belonogow ýaly atşynaslyk bilen meşgullanýan alym-ippologlar ýurdumyza gelip, ahalteke bedewleriniň gelip çykyşyny, olaryň häsiýetli aýratynlyklaryny, reňk öwüşginlerini ylmy esasda öwrenipdirler. M.I.Belonogow bolsa ýurdumyzda köp wagtlap işläpdir. Ol Boýnawyň nesil ugurlaryna degişli atlaryň özboluşlylygyna aýratyn üns beripdir. Atçylyk ulgamynda zootehnika ylmyny esaslandyryjylaryň biri hasaplanylýan W.O.Witt hem ahalteke bedewleriniň genetikasyny ylmy esasda öwrenipdir. Ol: «Dünýäniň islendik tohumyndaky atyň tohumy ýitäýse, ony ahalteke bedewiniň gatnaşmagynda dikeldip bolar, ýöne ahalteke bedewiniň tohumy ýitäýse welin, ony dünýäniň ähli tohumdaky atlarynyň gatnaşmagynda dikeldip bolmaz» diýip, ahalteke bedewlerine örän ýokary baha beripdir. Munuň şeýledigini hormatly Prezidentimiziň: «Biziň şöhratly bedewlerimiziň dünýäniň atçylyk medeniýetiniň döremeginde uly goşandy bardyr» diýen sözleri hem doly tassyklaýar. Umuman, türkmen atçylygynda Boýnawyň nesillerine aýratyn orun degişlidir diýip, gypynçsyz aýtsa bolar. Behişdi bedewlerimize belent sarpa goýulýan häzirki döwürde ahalteke atlarymyzy öwrenmäge, olary dünýäde giňden wagyz etmäge giň mümkinçilikler döredilýär. Bu bolsa bedewlerimiziň dünýä gymmatlygy hökmündäki ähmiýetini has-da artdyrýar. Gylyçmyrat GURBANOW, Türkmenistanyň at gazanan žurnalisti.
В интересах содружества народов
В Санкт-Петербурге успешно завершила работу Международная конференция по укреплению культурных связей и развитию креативных и творческих индустрий. Участники мероприятия сосредоточили внимание на выработке эффективных механизмов взаимодействия в гуманитарной сфере, уделив особое место вопросам сохранения общего историко-культурного фонда и раскрытию инновационного потенциала творческого сектора, как важнейшего фактора современного международного сотрудничества. В представительном международном форуме приняли участие Председатель Правительства Российской Федерации Михаил Мишустин, Премьер-министр Республики Беларусь Александр Турчин, Премьер-министр Республики Казахстан Олжас Бектенов, Председатель Кабинета министров Кыргызской Республики – Руководитель Администрации Президента Кыргызской Республики Адылбек Касымалиев, Премьер-министр Республики Таджикистан Кохир Расулзода и Премьер-министр Республики Узбекистан Абдулла Арипов. Туркменистан представила делегация во главе с министром образования Джумамыратом Гурбангельдиевым. В ходе пленарного заседания «Взаимодействие культур: сохранение наследия и глобальный диалог в современном мире» были всесторонне рассмотрены текущее состояние и перспективы развития многостороннего гуманитарного сотрудничества. Особый акцент участники дискуссии сделали на сбережении общего историко-культурного достояния, укреплении межгосударственных связей и формировании качественно новых, эффективных механизмов партнёрства в условиях глобальной трансформации. В рамках обмена мнениями делегаты подчеркнули важность сопряжения национальных стратегий развития творческого сектора для выстраивания конструктивного и взаимоуважительного культурного диалога. В своём выступлении министр образования Туркменистана отметил, что в условиях председательства Туркменистана в СНГ в 2026 году особое значение придаётся укреплению культурно-гуманитарного сотрудничества, сохранению историко-культурного наследия, развитию межгосударственного диалога и продвижению современных форм партнёрства, развитию образования, науки, культуры и творческих индустрий как важных направлений долгосрочного взаимодействия. Было подчёркнуто, что Туркменистан, руководствуясь политикой «открытых дверей» и статусом постоянного нейтралитета, рассматривает культуру как «золотой мост», объединяющий народы, укрепляющий доверие, взаимопонимание и уважение. Туркменская сторона подтвердила заинтересованность в дальнейшем развитии взаимовыгодного сотрудничества, расширении культурных обменов, поддержке совместных проектов и укреплении профессиональных связей между учреждениями культуры, образования и творческими сообществами стран-участниц. Туркменская сторона выразила поддержку инициативе создания Ассоциации креативных индустрий СНГ. Это шаг открывает новые каналы для продвижения национального культурного наследия через современные цифровые и бизнес-форматы, новые возможности для творческого потенциала молодёжи. Основным этапом программы конференции стало проведение двух тематических панельных дискуссий. В центре внимания участников оказались вопросы развития международного гуманитарного сотрудничества, укрепления межкультурного диалога и расширения практического взаимодействия в сфере креативных индустрий. Одним из центральных мероприятий конференции стала панельная дискуссия «Межкультурный диалог: традиции, современные смыслы и новые форматы сотрудничества». Её участники обсудили роль культуры как одного из ключевых направлений международного гуманитарного взаимодействия, а также её значение для формирования общего пространства, основанного на уважении к культурному многообразию, национальным традициям и историческим связям. Были проанализированы актуальные тенденции и перспективы взаимодействия в сферах кинематографии, театрального искусства, библиотечного и музейного дела, музыкальной культуры, а также творческого образования. Особое значение было придано вопросам сохранения общего культурного наследия, укрепления профессиональных и институциональных связей, поддержки совместных проектов, расширения культурных обменов и выработки новых форматов сотрудничества, отвечающих современным запросам общества. Мероприятие было построено в формате живого диалога. Модератором выступил Специальный представитель Президента Российской Федерации по международному культурному сотрудничеству Михаил Швыдкой. В обсуждении приняли участие представители учреждений культуры, театрального и кинематографического сообщества, образовательных организаций и творческих объединений Туркменистана, Азербайджана, Армении, Беларуси, Казахстана, Кыргызстана, России, Таджикистана и Узбекистана. В ходе панельной дискуссии «Креативные индустрии в повестке международного сотрудничества» специалисты рассмотрели вопросы объединения усилий для создания единого культурного и экономического пространства, развития совместных проектов с высоким экспортным потенциалом, поддержки креативных стартапов и масштабирования успешных практик на межгосударственном уровне. Открыла дискуссию заместитель министра экономического развития Российской Федерации Татьяна Илюшникова. Модератором выступил первый заместитель председателя Комитета Государственной Думы по экономической политике Денис Кравченко. Особое внимание было уделено влиянию креативных индустрий на сохранение культурного кода народов в современном цифровом мире, а также необходимости объединения талантов, традиций и технологий для формирования новых конкурентоспособных культурных продуктов. Дискуссия прошла с участием представителей органов государственной власти, институтов развития, творческих организаций и экспертного сообщества. По итогам дискуссий была подчёркнута востребованность дальнейшего развития гуманитарного взаимодействия, расширения профессиональных контактов и поддержки совместных проектов в сфере культуры и креативных индустрий. Участники отметили, что сочетание традиционных культурных связей и современных творческих форматов открывает дополнительные возможности для укрепления доверия и между государствами. Были намечены ключевые моменты практического сотрудничества на пространстве содружества. Участие делегации Туркменистана в данном мероприятии отражает последовательную приверженность нашей страны развитию культурно-гуманитарного сотрудничества, укреплению дружбы и взаимопонимания между народами, а также поддержке совместных инициатив на пространстве СНГ. Баймырат ГУТЛЫМЫРАДОВ, проректор Туркменской национальной консерватории имени Маи Кулиевой.
Ýaş ýangyn söndürijileriň bäsleşigi
Ýakynda Gökdere jülgesindäki «Beýik Serdar nesilleri» atly çagalar sagaldyş-dynç alyş merkezinde Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň, Döwlet ýangyn howpsuzlygy gullugynyň, Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşiniň, Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň, Ýangyna garşy meýletinçiler jemgyýetiniň, Gyzyl Ýarymaý milli jemgyýetiniň hem-de «Ýaş tebigatçy» jemgyýetçilik guramasynyň bilelikde guramagynda ýangyn söndürmek boýunça bäsleşik geçirildi. Oňa bu ýerdäki sagaldyş-dynç alyş merkezlerinde wagtyny hoş geçirýän çagalaryň ençemesi gatnaşdy. Bäsleşik 10 — 14 ýaş aralygyndaky çagalary bir ýere jemlemek bilen, olaryň ukyp-başarnyklaryny ýüze çykarmaga ýardam berdi. 5 tapgyrdan ybarat bäsleşikde çagalar özleriniň çalasynlygyny we ýangyna garşy göreşmekdäki ukyplaryny görkezdiler. Olar ýangyn howpunyň öňüni almak, şeýle ýagdaý ýüze çykan halatynda ilkinji etmeli hereketler baradaky bilim-düşünjelerini hem artdyrdylar. Munuň özi ýaş nesilleriň heniz mekdep okuwçysy döwründen tebigatyň goragyny üpjün etmek bilen bagly işleri öwrenmeginde ähmiýetlidir. Bäsdeşler agaç päsgelçiliklerden ylgap geçmek, ýangyn suw pürküjisini suw geçirijä çalt birikdirip aýyrmak, ylgawy dowam etdirmek, pökgüleri nyşana düşürmek hem-de degişli guraly dogry ulanyp, emeli ýangyny çalt söndürmek boýunça özara ýaryşdylar. Eminleriň gelen netijelerine görä, bäsleşikde 1-nji orna Muhammetmyrat Nyýazow adyndaky, 2-nji orna «Çynar», 3-nji orna «Nesil» çagalar sagaldyş-dynç alyş merkezleriniň ýaş ýangyn söndürijileri mynasyp boldular. Ýeňijiler, şeýle hem ýaryşa işjeň gatnaşan çalasyn türgenler çäräni guraýjylar tarapyndan ýadygärlik sowgatlar bilen sylaglandylar. 1-nji orny eýelän Muhammetmyrat Nyýazow adyndaky çagalar sagaldyş-dynç alyş merkeziniň toparyna bäsleşigiň göçme kubogy dabaraly ýagdaýda gowşuryldy. Şeýle bäsleşikleriň geçirilmegi ýaş nesilleriň tebigata bolan söýgüsini artdyrmakda, ony goramak bilen bagly ukyplarydyr jogapkärçiligini berkitmekde örän ähmiýetlidir. (Ýörite habarçymyz).
Dynç alşy nähili geçirmeli?
Okuw ýyly tamamlanandan soňra, tomusky dynç alyş möwsümini dogry guramak çagalar üçin uly ähmiýete eýedir. Bu möwsüm çagalara akyl we beden taýdan dynç almaga, täze tejribe toplamaga we geljekki maksatlarynda ünsüni jemlemäge mümkinçilik berýär. Şoňa görä-de, bu döwürde ata-enelere çagalara adatdakydan has köp üns bermek, olar bilen dürli oýunlary oýnamak, bilelikde gezelençlere gitmek maslahat berilýär. Dynç alşyň guralyşy çaganyň geljekki okuw ýylyna taýýarlanmagyna uly täsir edýär. Şonuň üçin çaganyň gezelenje gitjek ýerleri, meşgullanjak işleri bilen bagly sanaw döredilmeli. Biz hem şu ýazgymyzda tomusky dynç alşyň çagalara peýdaly bolmagy hem-de ýatdan çykmajak täsirlere beslenmegi üçin berilýän maslahatlary paýlaşýarys. Adaty uky wagtlary. Dynç alyş möwsümidigine garamazdan, çagalaryň ýatýan we ukudan oýanýan wagtlaryna üns berilmelidir. Munuň üçin ýörite gün tertibi düzülip, belli bir wagtda ýatmagyň we oýanmagyň kesgitlenmegi çaganyň uky endigini saklamagyna kömek edýär. Elektron enjamlary ulanmagyň wagtyny çäklendirmek. Edil okuw döwründe bolşy ýaly, dynç alyş günlerinde hem çaganyň elektron enjamlary bilen geçirýän wagtyny belli bir derejede çäklendirmelidir. Telewizor, kompýuter, telefon bilen aşa köp wagt geçirmek çagada gaharjaňlyk, ünssüzlik ýaly endikleriň ýüze çykmagyna sebäp bolýar. Kitap okamak. Dynç alyş möwsümidigine garamazdan, tomus aýlarynda çagalaryň kitap bilen arasynyň üzülmezligini gazanmak örän möhümdir. Çaganyň okamaga bolan höwesini artdyrmak üçin onuň ýaşyna we gyzyklanýan ugruna baglylykda başdan geçirmeler, hekaýalar ýa-da ertekili kitaplar saýlanyp alynmaly. Günüň dowamynda kesgitli wagtda çagalara kitap okap bermek ýa-da olar bilen bilelikde okamak — olaryň kitaba bolan söýgüsini has-da artdyrýar, täze zatlary öwrenmäge höwes döredýär. Sowal-jogap alyşmak. Okuw döwründe geçilen dersler, okalan kitaplar boýunça sowal-jogap alyşmak çagalaryň ýatkeşligini, bilesigelijiligini, pikirleniş ukyplaryny güýçlendirýär. Gezelençleri guramak. Maşgala agzalary bilen bilelikde dynç alşa gitmek üçin, tomus paslyndan gowy möwsüm ýok bolsa gerek. Çagalara şeýle gezelençler, dynç alyşlar has-da täsirli bolýar. Çagalar maşgala agzalarynyň ýanynda özlerini has arkaýyn we howpsuz duýýarlar. Muzeýlere we taryhy ýerlere gitmek. Gadymy ýerlere, muzeýlere baryp görmek çagalara taryh we medeniýet barada köp zatlary öwrenmäge mümkinçilik berýär. Toparlaýyn gezelençler. Dynç alyş merkezlerine topar bolup gitmek çagalaryň wagtlaryny peýdaly we gyzykly geçirmegine kömek edýär. Çünki olar bu ýerde täze deň-duşlary bilen dostlaşýarlar we dürli işleri özbaşdak ýerine ýetirmegi öwrenýärler. Obada dynç almak. Tomus pasly miwedir gök-bakja önümlerine baý bolýar. Ter azyk önümlerini özüň ýygyp iýmegiň hem olaryň bol hasylyny synlamagyň aýratyn lezzeti bar. Bu bolsa çagalarda ýaşlykdan zähmet terbiýesiniň kemala gelmegine itergi berýär. Täze güýmenjeleri edinmek. Welosiped sürmek, suwda ýüzmek, futbol, tennis, basketbol ýaly sportuň dürli görnüşleri bilen meşgullanmak çagalaryň wagtlaryny gyzykly geçirmekleri bilen bir hatarda, olaryň beden taýdan sagdyn bolmaklary üçin zerurdyr. Aýdym-saz we tans sungaty. Çagany haýsydyr bir saz guralyny çalmaga ýa-da tansyň bir görnüşi bilen meşgullanmaga ugrukdyrmak döredijilik ukyplaryny ýüze çykarmakda peýdalydyr. Saza we tansa güýmenmek beýniň dynç almagyna kömek edýär. Surat çekmek. Çagalar üçin öz pikirlerini, dünýägaraýşyny beýan etmegiň iň gowy usuly surat çekmekdir. Dürli reňkleri ulanmak arkaly surat çekmek gözüň dynç almagy üçin hem peýdalydyr. Özbaşdak işler. Bu döwürde çagalaryň käbir işleri ýekelikde ýerine ýetirmegine rugsat bermelidir. Mysal üçin, öz otagyny arassalamak ýa-da ýönekeý tagamlary özbaşdak taýýarlamak ýaly işler çaganyň jogapkärçilik duýgusyny güýçlendirýär. Dynç alyş möwsüminde çagalaryň isleglerini kanagatlandyrmak, olaryň pikirlerini diňlemek hem-de wagtlaryny şadyýan geçirmeklerini gazanmak möhümdir. Çünki çaganyň geljegi onuň şu gününe baglydyr. Mährijemal ÇARYÝEWA, «Watan».
Bagtyýar çagalygyň sapaly günleri
Ýurdumyzyň ähli künjegindäki çagalar sagaldyş-dynç alyş merkezleri bagtyýar çagalar üçin gujagyny giňden açdy. Daşoguz welaýatynyň merkezinden gaty bir uzakda bolmadyk, tebigatyň gözel künjeginde ýerleşýän «Bagtyýar nesil» çagalar sagaldyş-dynç alyş merkezinde hem körpejeleriň tomusky dynç alyş möwsümi şadyýanlyga, ruhubelentlige beslenýär. Merkeziň salkyn saýaly goýnunda bagtyýar nesilleriň dynç alyş möwsüminiň her bir pursady aýratyn many-mazmunlylygy, täsirliligi bilen ýatda galýar. Çagalaryň sport meýdançalaryndaky şadyýan oýunlaryny, dabaralar zalynda guraýan şowhunly çykyşlaryny, döredijilik, hünär gurnaklarynda olaryň işe, zähmete bolan höweslerini synlanyňda, gezelenç ýodalarynda, saýaly baglaryň arasynda eşidilýän bagtyýar gülkülerini eşideniňde Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň peşgeş beren ajaýyp döwrüne buýsanç duýgusy kalbyňy gaplaýar. Tomusky dynç alyş möwsüminiň her tapgyrynda bu ýerde welaýatyň obadyr şäherlerinden gelen çagalaryň 300-si oňat dynç alýar. Merkeziň çäginde suw howuzlary, sport meýdançalary, kitaphana, okalga zaly, amfiteatr, kompýuter oýun attraksionlary ýaş nesilleriň tomusky dynç alyş möwsüminiň şowhunly geçmegini üpjün edýär. Dynç alyş merkeziniň döwrebap naharhanasy çaga dünýäsine mahsus bolan reňkler bilen bezelip, olaryň rahat iýmitlenmegi üçin şertler döredilipdir. Çagalaryň iýmitlenmegi üçin gündelik tagamnamalar düzülende, olaryň kadaly beden ösüşleri göz öňünde tutulýar. Dynç alyş möwsüminiň dowamynda Daşoguz welaýat Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýine, welaýat kitaphanasyna, seýilgählere, çagalar üçin niýetlenen oýun-dynç alyş merkezlerine täsirli gezelençler guralýar. Taryhy ýadygärliklere guralýan gezelençler hem çagalarda uly gyzyklanma döredýär. Şonuň ýaly-da, çagalaryň bilim-düşünjelerini artdyrýan zehin bäsleşikleri, çeper okaýyş, surat çekmek ýaly döredijilik bäsleşikleri hem yzygiderli guralýar. Merkezde guralýan çäreler çagalaryň kitap okamaga, hünär öwrenmäge, surat çekmäge, sport bilen meşgullanmaga bolan gyzyklanmalaryny, döredijilik ukyp-başarnyklaryny ýüze çykarmaga ýardam edýär. Sapaly dynç alşyň gyzykly sport çäreleri bilen utgaşdyrylmagy çagalaryň arasynda sagdyn durmuş ýörelgesini wagyz etmekde örän ähmiýetlidir. Muňa Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Daşoguz şäher komitetiniň guramagynda tanap çekmek, kiçi futbol, şaşka boýunça geçirilen ýaryşlara merkezde dynç alýan çagalaryň uly höwes bilen gatnaşmaklary hem aýdyň şaýatlyk edýär. Daş-töweregi bagy-bossanlyga, gül-gülzarlyga beslenen merkeziň salkyn saýaly, sapaly goýnunda dynç alýan bagtyýar çagalar ajaýyp döwrümize guwanyp, Gahryman Arkadagymyza hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş aýdýarlar. Gurban GURBANOW. (Öz habarçymyz). Surata düşüren Allanur SAPAROW.
Отдыхать весело и интересно
В детском оздоровительном центре «Bagtyýarlyk» хякимлика города Туркменабат, расположенном недалеко от левобережья Амударьи и окружённом с трёх сторон тополиным лесом, продолжается активный отдых детей, приехавших сюда из разных уголков велаята. Как рассказала директор центра Джерен Ачилова, позаботились, чтобы каждый день пребывания здесь запомнился детям. Распорядок дня составлен таким образом, чтобы дети могли проводить время с пользой и интересно. Каждое мероприятие проводится в строго отведённое время, что имеет и воспитательное значение: мальчики и девочки учатся дисциплине и умению ценить время. Многие дети хорошо поняли пользу планирования. Например, ученик средней школы № 39 Чарджевского этрапа Атаджан Сердаров поделился с корреспондентом, что после приезда домой собирается составить расписание, как в школе, и будет стараться следовать ему, так как здесь убедился, что таким образом можно успеть сделать больше. Признался, что раньше много времени отдавал играм, домашние задания выполнял в разное время, когда ему вздумается. Он уверен, что новый подход к планированию поможет лучше готовиться к урокам и правильно распределять время на другие интересные занятия и развлечения. Воспитатель центра отдыха Мерджен Хусейнова рассказала, что мальчики и девочки в свободное время по желанию могут заниматься рисованием, вязанием, развивающими играми и другими интересными делами. Во всём этом им помогут руководители кружков. А в игровой комнате можно чувствовать себя мастерами гонок на мотоцикле, машине, стрелками, играть в настольные игры. Словом, есть чем развлекаться. – Мне понравились экскурсии по городу Туркменабат, посещение музея и театра. Нам везде было интересно. В историко-краеведческом музее велаята узнал много интересного, особенно понравился зал природы, где мы ознакомились с животным миром нашего края. Затаив дыхание, слушали рассказ экскурсовода о динозаврах, обитавших миллионы лет назад в Койтендаге. О них я раньше тоже слышал, но огромная репродукция их мест обитания впечатляет. Теперь у меня Появилось желание побывать на Плато динозавров, – поделился своими впечатлениями ученик средней школы № 13 Халачского этрапа Мерген Астанов. А ученика средней школы № 1 Койтендагского этрапа Базара Мухамметдурдыева рассказами о динозаврах не удивишь. Он живёт недалеко от того места, где сохранились следы этих доисторических крупных рептилий. Зато ему понравился велаятский центр, куда для них устроили экскурсии с остановками в красивых местах. Запомнился поход в крепость Амуль, через которую проходил Великий Шёлковый путь и где много веков назад кипела жизнь: шла бойкая торговля, ремесленники создавали свои изделия. Так что у отдыхающих в ДОЦ «Bagtyýarlyk» уже накопилось море впечатлений. Здесь каждый может проводить время исходя из своихо интересов. Например, в летний период в центре работает филиал детской велаятской библиотеки, где детям предлагают художественную и познавательную литературу на любой вкус: сборники сказок, стихов, повестей и рассказов, книги о родном крае. В библиотеке действует кукольный театр, участниками которого являются её специалисты. Они приезжают сюда со спектаклями, поставленными по мотивам туркменских народных сказок. Кроме того, работники центра среди отдыхающих проводят различные творческие конкурсы, спортивные соревнования. А общественные организации поощряют отличившихся памятными подарками. На территории ДОЦа есть свой бассейн, где школьники после купания под наблюдением инструктора принимают солнечные ванны, а те, кто ещё не умеет плавать, получают первые уроки. После купания и подвижных игр на спортивных площадках дети могут отдохнуть в кинотеатре, где показывают мультипликационные и художественные фильмы. Так что ребята после завершения сезона уедут домой с впечатлениями, обретя новых друзей и подруг.
На пути к устойчивому будущему
Одним из приоритетных направлений внешней политики Туркменистана, реализуемой под руководством уважаемого Президента Сердара Бердымухамедова, является развитие широкого международного сотрудничества в молодёжной сфере. Наша страна поддерживает инициативы, направленные на укрепление дружественных связей, культурный диалог и раскрытие созидательного потенциала нового поколения. В рамках Стратегии международного сотрудничества молодёжи Туркменистана на 2023–2030 годы, утверждённой Президентом Сердаром Бердымухамедовым, юноши и девушки нашей страны активно взаимодействуют со сверстниками из других стран по различным направлениям. Важным вектором стратегии является вовлечение туркменской молодёжи в глобальные процессы устойчивого развития. Ярким подтверждением успешной интеграции молодёжи Туркменистана в глобальные гуманитарные процессы стало участие делегации Центрального совета Молодёжной организации Туркменистана имени Махтумкули в крупном региональном форуме, который проходил в Самарканде (Республика Узбекистан). Здесь, на базе Международного университета туризма «Шёлковый путь», развернулся масштабный Международный молодёжный лагерь «Voice UP – 2026». Его организаторами стали Национальное агентство социальной защиты при Президенте Республики Узбекистан, Агентство по делам молодёжи и администрация Самаркандской области. Проект собрал делегатов, экспертов и волонтёров из стран Центральной Азии для поддержки социально уязвимых слоёв населения и поиска совместных решений в сфере равных возможностей. Особенностью «Voice UP – 2026» стало активное и равноправное участие в мероприятиях юношей и девушек с ограниченными возможностями здоровья. Программа форума была направлена на раскрытие потенциала каждого участника, разрушение барьеров и внедрение эффективных инструментов социальной адаптации. В первый день делегатам была предоставлена возможность посетить городской центр социальных услуг «Инсон» и ознакомиться с современными механизмами адресной поддержки населения. В рамках серии мероприятий прошли также интерактивные семинары и практикумы, посвящённые актуальным темам. Представители Молодёжной организации Туркменистана имени Махтумкули активно участвовали во всех тренингах и сессиях. Наши делегаты продемонстрировали глубокие знания и нацеленность на результат, обменявшись с коллегами по региону уникальным опытом реализации инициатив по созданию инклюзивного общества на государственном уровне. В ходе дискуссий и работы в проектных лабораториях члены туркменской делегации представили своё видение развития инклюзивной среды, подчеркнув, что в Туркменистане под мудрым руководством главы государства создаются все условия для всестороннего развития, качественного образования и спортивной самореализации молодых граждан с особыми потребностями. Большой интерес у участников вызвала деятельность Благотворительного фонда по оказанию помощи нуждающимся в опеке детям имени Гурбангулы Бердымухамедова. Помимо образовательной программы состоялись яркие культурные и спортивные состязания. Во время творческих вечеров делегаты из Туркменистана достойно представили культурное наследие и традиции туркменского народа, укрепив узы дружбы с участниками. Культурно-просветительская часть визита включила посещение достопримечательностей: мемориального комплекса Имам аль-Бухари и площади Регистан, что позволило лучше понять общую историю и цивилизационную роль региона. Участие представителей Молодёжной организации Туркменистана имени Махтумкули в лагере «Voice UP – 2026» в очередной раз подтвердило готовность туркменского молодого поколения к активному международному сотрудничеству и совместному созиданию инклюзивного будущего. Участие в подобных международных форумах является неотъемлемой частью стратегии Туркменистана по воспитанию нового поколения, готового к активному участию в решении глобальных проблем. Это способствует расширению кругозора молодых граждан, развитию их лидерских качеств и формированию ответственного отношения к будущему своей страны и всего мира. Опыт, полученный в Самарканде, станет ценным вкладом в дальнейшую реализацию Стратегии международного сотрудничества молодёжи Туркменистана, открывая новые перспективы для ещё более тесного взаимодействия с международным сообществом и укрепления позиций Туркменистана как активного участника глобальных процессов. Ата ХОДЖАМБЕРДЫЕВ, ведущий специалист отдела международного сотрудничества Центрального совета Молодёжной организации Туркменистана имени Махтумкули.
Форум как площадка для культурной дипломатии
Представители сферы образования и науки Туркменистана приняли активное участие в XIX Форуме творческой и научной интеллигенции государств-участников Содружества Независимых Государств. В СНГ форум по праву обрёл статус главного гуманитарного мероприятия года. Участие туркменской делегации подчеркнуло стремление Туркменистана к развитию диалога и совместных проектов в сфере науки, образования и культуры на пространстве СНГ. Мероприятие, собравшее около 200 ведущих деятелей науки, культуры и образования из стран СНГ, а также руководителей профильных министерств, международных организаций и представителей СМИ, прошло в столице Кыргызстана городе Бишкек. Организованный Межгосударственным фондом гуманитарного сотрудничества СНГ совместно с Министерством культуры, информации и молодёжной политики Кыргызстана, этот масштабный форум стал важной площадкой, на которой обсуждались различные аспекты профессионального взаимодействия, новые форматы сотрудничества в образовательной сфере, а также состоялся обмен идеями и опытом. Центральные темы XIX Форума определили три юбилейные даты – 35-летие Содружества Независимых Государств, столетие со дня рождения Чингиза Айтматова и 40-летие созданного по его инициативе Иссык-Кульского форума, который оказал большое влияние на интеллектуалов постсоветского пространства. В выступлениях отмечалось, что 35-летие образования СНГ стало хорошим поводом для осмысления пройденного пути, накопленного опыта и определения дальнейших направлений гуманитарного сотрудничества. Участники подчеркнули, что культурный диалог и взаимодействие между странами Содружества – это залог мира и основа для стабильного развития. Говоря о влиянии Чингиза Айтматова на интеллектуальные круги Содружества, специальный представитель Президента России по международному культурному сотрудничеству Михаил Швыдкой отметил, что писатель верил в силу диалога с самыми глубокими и авторитетными мыслителями современности для понимания мира. Интеллектуальное наследие Айтматова, подчеркнул Госсекретарь Кыргызстана Арслан Койчиев, напоминает нам о том, что культура, наука и образование служат прочным мостом между народами, способным выдержать любые испытания. На дискуссионных площадках обсуждались такие актуальные темы, как роль цифровых технологий в культурном пространстве, 35-летний опыт научного и образовательного сотрудничества стран Содружества, а также значение творчества Чингиза Айтматова для современной литературы Содружества. Наша делегация активно участвовала в дискуссии, посвящённой наследию великого писателя. Модераторы сессии О.Егорова, доктор филологических наук, профессор, директор Проектного офиса международного сотрудничества Московского государственного лингвистического университета и сомодератор К.Иманалиев, доктор политических наук, председатель Союза писателей Кыргызстана создали атмосферу искреннего и живого обсуждения. Благодаря их профессионализму и глубокому пониманию темы диалог получился насыщенным и вдохновляющим. В представленных нами докладах были проанализированы уникальные черты прозы писателя, связь творчества Айтматова с литературным процессом в Туркменистане, влияние литературного наследия Чингиза Айтматова на туркменских писателей, а также как писатель предвидел современные вызовы, связанные с цифровизацией, и как его гуманистические идеи остаются актуальными. Особое внимание было уделено концепции «манкуртизма», которую Айтматов трактовал не только как утрату памяти, но и как отрыв от корней, от своей идентичности, что в эпоху повсеместного распространения цифровых технологий приобретает новое, ещё более острое звучание. Мы подчеркнули, что философия гуманизма, пронизывающая всё творчество писателя, предлагает противоядие от этого духовного обеднения, призывая к сохранению человечности и нравственных ценностей. В рамках форума состоялась торжественная церемония награждения лауреатов Межгосударственной премии «Звёзды Содружества», вручение Международной премии «Содружество дебютов». В ходе мероприятия была организована выставка, посвящённая 35-летию СНГ и 20-летию Межгосударственного фонда гуманитарного сотрудничества государств-участников СНГ. Особое внимание гостей привлекло выступление Молодёжного симфонического оркестра СНГ, который порадовал участников форума прекрасным концертом, создав атмосферу вдохновения и единства. По итогам форума была принята Резолюция, в которой нашли отражение предложения и рекомендации для углубления гуманитарного взаимодействия, более полного раскрытия его потенциала в интересах всех стран Содружества. Участие представителей Туркменистана в форуме творческой и научной интеллигенции СНГ – это не просто формальное присутствие, а важный шаг в реализации стратегии культурной дипломатии Туркменистана. Этот шаг подчёркивает готовность страны к открытому диалогу, обмену знаниями и укреплению взаимопонимания со странами Содружества через призму образования, науки и искусства. Активное и содержательное участие нашей делегации в форуме укрепило позитивный образ Туркменистана как страны, открытой к сотрудничеству и ценящей вклад в мировую культуру и науку. Тязегуль ИМАМКУЛИЕВА, доцент Туркменского национального института мировых языков имени Довлетмаммета Азади, кандидат исторических наук.
Şypaly Hazaryň kenarynda şadyýan pursatlar
Mekdep okuwçylarynyň tomusky dynç alyş möwsüminiň gelmegi bilen, ýurdumyzyň çar künjeginden gelen körpeleriň söýgüli we şatlykly mekanlarynyň biri hem «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynyň iň gözel ýerinde ýerleşýän «Daýanç» sagaldyş merkezidir. Bu döwrebap merkez çagalaryň diňe bir fiziki taýdan saglygyny berkitmek bilen çäklenmän, eýsem, olaryň dünýägaraýşyny giňeltmek, zehinlerini açmak we ýatdan çykmajak dostlukly gatnaşyklary ýola goýmak üçin hakyky bagtyýarlyk mekanyna öwrüldi. Häzir bu ýerde dynç alşyň ikinji tapgyry dowam edýär. «Daýanç» sagaldyş merkezine gadam basan pursadyňdan başlap, çagalaryň bagtyýar durmuşy, rahatlygy we howpsuzlygy üçin döredilen iň ýokary halkara standartlaryna gabat gelýän şertleri görmek bolýar. Merkeziň binalar toplumy, ýagty hem-de giň ýatylýan otaglar, çagalaryň ýaş aýratynlyklaryna we saglyk talaplaryna laýyklykda taýýarlanylýan witaminlere baý, tagamly iýmitler bilen üpjün edilen naharhana ýokary derejede hyzmatlary ýola goýmaga mümkinçilik berýär. Deňiz kenarynyň şypaly we arassa howasy, Hazaryň dermanlyk häsiýetli suwy çagalaryň bedenini taplamak, immun ulgamyny berkitmek üçin iň uly tebigy emdir. Şonuň bilen birlikde, merkezde işleýän ýokary hünärli lukmanlar çagalaryň saglyk ýagdaýyna yzygiderli gözegçilik edip, dürli sport we sagaldyş işleriniň meýilnama laýyk geçirilmegini gazanýarlar. Bu merkezde tomus paslynyň şatlykly we mazmunly geçmeginde zähmet çekýän tejribeli mugallymlaryň hem-de terbiýeçileriň orny örän uludyr. Öz işlerine söýgi we sabyrlylyk bilen çemeleşýän mugallymlardyr terbiýeçiler her bir çaganyň häsiýetini, ukybyny we gyzyklanmasyny öwrenýärler. Olaryň esasy maksady merkeze gelen ilkinji günlerinden başlap, çagalaryň arasynda agzybirligi, özara kömekleşmegi, birek-birege hormat goýmagy kemala getirmekdir. Terbiýeçiler çagalaryň dynç alşyny diňe bir güýmenjä öwürmän, eýsem, ony terbiýeçilik ähmiýetli çäreler bilen baýlaşdyrýarlar. Guralýan her bir ahlak, watansöýüjilik we özüňi medeniýetli alyp barmak baradaky çäreler çagalaryň dünýägaraýşynyň ösmegine uly ýardam edýär. Terbiýeçiler medeni çärelere çagalary doly çekmek bilen, olaryň sahnalarda çekinmän çykyş etmeklerini we özlerine bolan ynamynyň artmagyny gazanýarlar. «Daýanç» sagaldyş merkezinde dynç alýan çagalaryň her bir güni gyzykly wakalara hem-de täze açyşlara baýdyr. Çagalaryň boş wagtlaryny mazmunly guramak maksady bilen, merkezde köp sanly gurnaklar, sport ýaryşlary we intellektual oýunlar yzygiderli geçirilýär. Merkeziň häzirki zaman sport meýdançalarynda futbol, woleýbol, basketbol we stoluň üstünde oýnalýan tennis boýunça toparlaýyn ýaryşlar guralýar. Şeýle hem ýörite dizaýn edilen suw meýdançalaryndaky ýüzüş bäsleşiklerine çagalar höwes bilen gatnaşýarlar. Küşt, şaşka, zehin bäsleşikleri, dürli logiki tapmaçalar we taryhy-geografik oýunlar körpeleriň çalt we dogry pikirlenmek ukybyny ösdürmäge ýardam berýär. Surat çekmek, el işleri, aýdym-saz hem-de tans gurnaklary arkaly okuwçylar özleriniň sungata bolan höwesini we zehinini görkezip bilýärler. Çagalaryň tomus aýlarynda dilleri öwrenmäge bolan gyzyklanmasyny goldamak üçin aňsat, gysga we gyzykly iňlis dilinde dürli oýunlar, aýdymlar hem-de goşgular arkaly sapaklar guralýar. Hazaryň kenarynda guralýan oýunlar, gyzykly gezelençler, «Awaza» milli syýahatçylyk zolagyndaky ajaýyp attraksionlara edilýän gezelençler we gämili syýahatlar çagalaryň kalbynda buýsandyryjy ýatlamalary galdyrýar. Merkezde guralýan dürli agşamky dabaralar, konsertler we «tans meýdançasy» ýurdumyzyň dürli welaýatlaryndan gelen çagalaryň täze dostlar bilen tanyşmaklaryna şert döredýär. «Daýanç» sagaldyş merkezi — bu ýöne bir tomusky dynç alyş däl-de, eýsem, biziň geljegimiz bolan ýaş nesliň kalbynda bagtly çagalygyň aýdymy bolup ýaňlanýar. Bu ýerde taplanan we gowy dynç alan çagalar täze okuw ýylyna uly ruhubelentlik, güýç-gaýrat we höwes bilen gadam basarlar. Hatyja TAGYÝEWA, «Daýanç» sagaldyş merkeziniň terbiýeçilik we guramaçylyk işleri boýunça orunbasary.
Gökderede bagtyýar nesilleriň şatlygy
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda sagdyn bedenli, giň dünýägaraýyşly, döredijilik başarnyklary ösen we watansöýüjilik ruhunda terbiýelenen ýaş nesilleri ýüze çykarmak hem-de höweslendirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň hem-de Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşiniň bilelikde Gökderedäki çagalar dynç alyş we sagaldyş merkezleriniň arasynda yglan eden «Tapgyryň iň işjeň çagalar dynç alyş we sagaldyş merkezi» atly bäsleşigi geçirildi. Bu bäsleşik ýaş nesilleriň kalbynda egsilmez watansöýüjilik duýgusyny kemala getirmekde, olaryň arasynda sagdyn durmuş ýörelgesini giňden wagyz etmekde, beden taýdan taplanmaklaryny ýokary derejede guramakda we çagalaryň tomusky dynç alyş günleriniň her bir pursadyny şadyýan, gyzykly hem-de manyly geçirmeklerini üpjün etmekde uly ähmiýete eýe boldy. Dabaranyň başynda, ilki bilen, Gökderedäki çagalar dynç alyş we sagaldyş merkezlerinde dynç alýan bagtyýar çagalaryň öz elleri bilen ýasan dürli görnüşli taslamalarynyň we inçe, çeper el işleriniň döredijilik sergisi görkezildi. Ýaş nesilleriň zehin kuwwatyny, ukyplaryny we baý döredijilik dünýäsini aýdyň şöhlelendiren bu ajaýyp sergi dabara gatnaşyjylarda uly täsir galdyrdy. Soňra tomusky dynç alyş möwsüminiň birinji tapgyrynda aýratyn işjeňlik görkezen Gökderedäki çagalar dynç alyş we sagaldyş merkezlerini sylaglamak dabarasyna uly orun berildi. Onda merkezleriň arasyndan özüniň ýokary guramaçylyk ukyby bilen öne saýlanan Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrliginiň «Ýaşlyk» çagalar dynç alyş we sagaldyş merkezi «Tapgyryň iň işjeň çagalar dynç alyş we sagaldyş merkezi» diýen ada mynasyp boldy. Şeýle hem bäsleşigiň dowamynda tomusky dynç alyş günleriniň dabaralanmagyna özboluşly goşant goşan Türkmenistanyň Suw hojalygy baradaky döwlet komitetiniň «Altyn damja», Türkmenistanyň Merkezi bankynyň Muhammetmyrat Nyýazow adyndaky hem-de Türkmenistanyň Energetika ministrliginiň «Çynar» çagalar dynç alyş we sagaldyş merkezleri özleriniň ýokary taýýarlyklary bilen aýratyn işjeňlik görkezdiler. Munuň bilen bir hatarda, dabaranyň dowamynda Gahryman Arkadagymyzyň hem-de hormatly Prezidentimiziň ýaş nesiller baradaky atalyk aladalaryny ýol-ýörelge edinip, bagtyýar çagalaryň döwrebap dynç alşyny ýokary derejede guramakda, olary watansöýüjilik ruhunda terbiýelemekde we sporta bolan gyzyklanmalaryny artdyrmakda bitiren uly hyzmatlary hem-de aýratyn işjeňligi üçin terbiýeçi mugallymlara we talyp ýaşlara Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşi tarapyndan Hormat hatlar hem-de ýadygärlik sowgatlar dabaraly ýagdaýda gowşuryldy. Mälim bolşy ýaly, ýaş nesilleriň sazlaşykly ösüşini hem-de olaryň bagtyýar durmuşyny üpjün etmek baradaky hemmetaraplaýyn alada hormatly Prezidentimiziň döwlet syýasatynyň esasy ugurlarynyň biridir. Şunda ýaş nesillere häzirki döwrüň talaplaryna laýyklykda, döwrebap bilim-terbiýe bermek, olary watançylyk hem-de zähmetsöýerlik ruhunda ýetişdirmek bilen baglanyşykly meseleleriň üstünlikli çözülmegine uly ähmiýet berilýär. Munuň özi ýurdumyzda kämil şahsyýetleriň kemala gelmegi ugrunda edilýän tagallalaryň aýdyň netijesidir. Hut şu ajaýyp üstünlikleriň we nurana döwrümiziň aýdyň şöhlelenmesi hökmünde çagalaryň taýýarlan aýdym-sazly joşgunly çykyşlary, şadyýan tanslary we çeper okaýyşlary baýramçylyga özboluşly öwüşgin bagyşlady. Körpeleriň şirin owazlary ýygnananlarda egsilmez täsir galdyryp, çäräni şatlyk-şowhuna besledi. Gurbanmyrat MUHAMMEDOW, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşiniň guramaçylyk bölüminiň müdiri.
Ylym-bilim — ösüşiň berk binýady
Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýyly belent üstünliklere beslenýär. Şeýle üstünlikleri ylym-bilim ulgamynda hem aýdyň görmek bolýar. Ýurdumyzda ýaş nesilleriň ylym-bilimli, giň dünýägaraýyşly bolup ýetişmegi üçin ähli mümkinçilikler döredilýär. Hormatly Prezidentimiz «Ýaşlar — Watanyň daýanjy» atly kitabynda şeýle belleýär: «Biz ýaşlara we olaryň sowatlylyk derejesiniň ýokarlandyrylmagyna aýratyn ähmiýet berýäris. Ýurdumyzda ilatyň, şol sanda ýaşlaryň hemmetaraplaýyn ösmegi, aýratyn hem, hünär bilimlerini almaklary babatda ähli şertleri, mümkinçilikleri döredýäris». Şu parasatly sözlerden görnüşi ýaly, bilimli ýaşlar röwşen geljegimiziň binýady, il-günümiziň buýsanjy hasaplanýar. Hut şu nukdaýnazardan, ýaş nesle bilim öwretmek, olaryň okamaklary üçin döwrebap şertleri döretmek ýurdumyzda durmuşa geçirilýän esasy işleriň biridir. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe bedew bady bilen öňe barýan ýurdumyzda her bir ýylyň şygary bilim ulgamynda okatmagyň hilini ýokarlandyrmaga, mugallymlaryň, okuwçy we talyp ýaşlaryň döredijilik ukyplaryny açmaga gönükdirilendir. Şonuň netijesinde hem eziz Diýarymyzda ýaşlaryň bilim öwrenmeklerine, kämil hünärmenler bolup ýetişmeklerine giň mümkinçilikler döredilýär. Döwrebap bilimleri özleşdirýän türkmen ýaşlary bolsa döwletimiz tarapyndan döredilýän giň mümkinçiliklerden ruhlanyp, dünýäde geçirilýän dürli olimpiadalarda, ders bäsleşiklerinde mynasyp orunlary eýeleýärler, zehinleri bilen üstünlik gazanýarlar. Bilim ulgamynda durmuşa geçirilýän döwrebap özgertmeler bolsa ähli ildeşlerimizi begendirýär. Hormatly Prezidentimiziň alyp barýan döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň esasylarynyň biri hem bilim ulgamyny kämilleşdirmekden ybarat bolup durýar. Garaşsyz döwletimizde gurlup ulanylmaga berilýän täze desgalarda, şeýle hem ähli bilim edaralarynda sanly ulgam doly ornaşdyryldy. Bu bolsa dünýäniň iň täze ylmy maglumatlarynyň elýeterliligini üpjün edýär. Gurlup ulanylmaga berilýän täze, döwrebap mekdepleriň we çagalar baglarynyň iň kämil tehnologiýalar bilen enjamlaşdyrylmagy hem ýaşlaryň bäsdeşlige ukyply hünärmenler bolup ýetişmegine gönükdirilendir. Ogulnur SOPYÝEWA, Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň mugallymy.
Paýhasa ýugrulan pentler
Ol mugallymdy. Bu adyň nähili täsirli ýaňlanýandygyny işi, göreldesi bilen ile ýaýradanlaryň biridi. Şeýle dereje her kime miýesser etmeýär. Munuň üçin, ilki bilen, belent adamkärçilikli, pespäl bolmaly. Belki-de, mugallyma pentleri ýazmaga ylham beren esasy zat, onuň Döwletmämmet Azadynyň eserlerine sygnyp, Magtymgulynyň şygyrlaryna uýup ýaşandygyndandyr. Öz okuwçylaryňa, şägirtleriňe aýdara hoş sözüň, pentleriň bolmaly. Haýdar mugallymda şularyň ählisi bardy. Onuň çagalygy uruş ýyllaryna gabat gelipdi. Ol döwrüň çagalarynyň horluk görmedigi az-azdyr. Ýekeje mysal, Haýdar Muhyýew özüniň «Ogullaryma pent» ady bilen 1997-nji ýylda «Magaryf» neşirýatynda çapdan çykan kitabynda şol ýyllarda «alwanjyk» atly oty hem iýendiklerini ýazýar. Ol hakda «Alwan» diýen at bilen gazetimizde zehinli žurnalist Seýitguly Geldiýewiň ýazan makalasyny hem okapdyk. Haýdar mugallym ony «alwanjyk» diýip alypdyr. Bu, megerem, söýgülilik, ezizlemek, halasgär manysyndaky goşulma goşulyp alnandyr. Haýdar mugallymy tanamaýan ýok diýen ýalydy. Köpler ony gowy mugallym, oňat ýoldaş hökmünde tanasa, kimler ony ýazan kitaplary boýunça tanaýardylar. Şu makalanyň ýazylmagyna Haýdar mugallymyň gyzy Sona bilen telefon arkaly gürrüňdeşlik hemem ýaşap ýörende şu ýyl doglan gününe 95 ýyl dolýan alymyň «Ogullaryma pent» atly kitaby sebäp boldy. Kitaby okanymyzdan soň, Haýdar mugallyma durmuşyň alymy diýesimiz gelýär. Synçylygy, inçeden yzarlamagy başarandygy üçin alymyň sözleri durmuşyň jümmüşinden, gadymyýetden gelýän ýazgylary ýadyňa salýar. Kitapda agzybir bolmak, tygşytlylyk ýaly durmuşyň özenini düzýän zatlar hakda gürrüň edilýär. Biz Haýdar Muhyýewiň özüni görüpdik. Şeýle ylym adamlaryny birje gezek göreniňde hem ýakymly täsir galdyrýar. Sebäbi olaryň ruhy dünýäsi baý bolýar. Bellemeli zatlaryň biri-de halypanyň okumyşlygydyr. Dünýä ägirtleriniň eserlerini okap, öz ýoluňy tapmak, özüňçe pikir öwürmek, beýan etmek ylymda ilkinji zeruryýetlikdir. Dogrudan-da, zehinliniň, ezber ussanyň elinden çykan işler ýyl geçdigiçe barha reňk açýar, geljekki dörediljek işlere-de nusga, ölçeg ýaly bolup dur. Haýdar Muhyýewiň Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň halypa mugallymlarynyň biri bolandygyny köpler bilýändir. Şeýle abraýly kişiniň, mugallymçylyk ýaly asylly käriň eýesiniň öz pentlerinde «...iň ýakyn maslahatçyňyz, geňeşdaryňyz mugallymyňyz bolsun!» diýmegi hem pentleriň naýbaşysydyr. Şony bütin manyly ömrüni mugallymçylyk işine bagyşlan kişiniň aýtmagy aýratyn täsir galdyrýar. Aýdylyşy ýaly, mugallym mähribanlyk hazynasydyr. Ol, ilki bilen, okuwçysynyň hossary bolýar, ýöne şony özüňde duýmak, ýaşlara pent etmek uly mertebeden nyşan. Haýdar mugallymyň kitapda Magtymguly Pyragydan, «Görogludan» getirýän mysallarynda halkymyzyň ýörelgelik ýoly, görüm-göreldesi aýdyň görünýär. Haýdar Muhyýewiň çagalygy gazaply uruş ýyllaryna gabat gelýär. Ol 1931-nji ýylda Garrygala etrabynyň (häzirki Magtymguly) Akkel obasynda dünýä inýär. Aşgabatdaky iki ýyllyk mugallymçylyk institutynyň ikinji ýyllygynda okap ýörkä bolup geçen ýertitremede oňa bilim berýän mugallymlarynyň, talyp ýoldaşlarynyň ençemesi kesegiň aşagynda galyp, wepat bolýar. Soňra ol okuwyny häzirki Türkmenabat şäherindäki mugallymçylyk institutynda dowam etdirýär. Ilki sowat öwrenen ýeri bolan häzirki Magtymguly etrabynyň 1-nji orta mekdebinde zähmet ýoluna başlaýar. 1952-nji ýylda Aşgabatdaky pedagogik institutyň gaýybana bölümini tamamlaýar. Haýdar Muhyýew dilçi alym hökmünde sözüň manysyny inçeden yzarlamagyň, deňeşdirip açmagyň hem ussadydyr. Ol belli sözlükçileriň hem biridir. «Ogullaryma pent» atly kitabynda ol diňe «ruh» sözüniň manysyny açmaklyga birnäçe sahypany bagyşlapdyr. Munuň üçin türkmen alymlarynyň hem-de daşary ýurtly alymlaryň düzen sözlüklerine ýüzlenipdir. Özem alym «ruh», «iman» ýaly halkymyzyň aýratyn üşükli bolmagy, inçeden duýgurlygy, guýmagursaklygy talap edýän sözlerine ýüzlenýär. Alymyň kitabynda «ruh» sözüniň düşündirişini özboluşly ylmy açyş diýseňem boljak. Munuň üçin ol ençeme gözlegleriň üsti bilen seljerme işini hem geçiripdir. Alym «iman» sözüniň «ynam» diýmegi aňladýandygyny nygtaýar. Haýdar mugallymyň her meselä öz çemeleşişi bar. Mysal üçin, «Iň erbet adam kim?» diýlen soraga meniň jogabym: öz bilýän zatlaryny özgelere öwretmeýän adam» diýip belleýär. Ine, şu ýerdenem mugallymyň öz kitabyny näme üçin «Ogullaryma pent» diýip atlandyrandygynyň manysy düşnükli bolýar. Şu ýerde halypanyň ýene bir aýdan sözüne ünsüňizi çekmek isleýäris. Bu jümleler biri-biri bilen berk baglanyşykly. «Ägirt kişiler mydama-da ägirtliginde galýar. Olar biziň mahabatlandyrmalarymyza juda bir mätäçlik hem çekip duranoklar. Ýöne olary ýatlap, hoş söz aýtmak biziň borjumyz». Ene dilimize uly söýgi bilen garamak asly käri dilçi bolan alymdan öwrenmeli zatlarymyzyň esasylarynyň biri bolsa gerek. Belki, şondandyr, Haýdar mugallymyň «Genji-hazyna dost däl, dostuň — genji-hazyna», «Durmuş seni taplap hem biler, aýnadyp hem biler. Ýöne aýnadandan taplany has gowudyr» diýen sözleri ýandepderçäňe göçürip alaýmaly sözlerden. Aslynda, «pent» sözi dört harpdan ybarat bolsa-da, onuň ömre deň manysy bar. Ylaýta-da, şol pentler ömri manyly ýaşamaga hyzmat edende has-da şeýledir. Haýdar mugallymyň pentlerini okan okyjylary, şägirtleri bagtly adamlardyr. Kitap möçberi boýunça uly däl, bir ýüz on sahypa, ýöne onda ynsana gerekli, biri-birinden möhüm häsiýetlerden söz açylýar. Elbetde, biziň bu kitaba syn-seljerme bermek niýetimiz ýok. Biz diňe onuň bilen bagly kalbymyza jaý pikirleri paýlaşmak isledik. Halypa kitabynda ýürek bilen bagly pikirlere-de uly orun beripdir. Olaryň käbirini şu ýerde siziň dykgatyňyza ýetirmegi müwessa bildik. «Durmuşda buýruk köp: başlygyň buýrugy, öý bikesiniň buýrugy, ýene-ýeneki buýruklar. Ýöne iň esasy buýruk — ýüregiň buýrugy», «Demir ýol salmagam, daş ýol salmagam kyndyr-la welin, ýöne ýürege ýol salmak has kyn bolaýmasa». Şeýle ýürege ýakyn pentleriň arasynda ata-enäni, ýaşululary hormatlamak, ýagşylyk etmek hakynda aýdylanlar hem ýürege nagyş bolup çekilýär. Ynsan hökmünde durmuşy, alym hökmünde ylmy gowy bilýän Haýdar mugallym olaryň sazlaşygyndan özboluşly netije çykarypdyr. Ol durmuşda berjaý edilmeli pentleri beýan edende dürli sözleriň asyl manysyny hem düşündirip geçýär. Meselem, ýagşylyk etmek bilen bagly gürrüň edende onuň «ýagşy» sözündendigini nygtaýar. Pentleriň arasynda dostluk, dosta wepalylyk hem aýratyn orunda durýar. Çünki aýdymda hem aýdylyşy ýaly, dostluk ýüregimiziň hem baýlygydyr. Bularyň hemmesi ýaşlykdan berilýän terbiýä bagly. Terbiýede bolsa ownuk zat ýok. Çaga at dakylyşyna çenli şoňa girýär. Aýdylýan pentleriň, tymsallaryň, rowaýatlaryň Magtymguly atamyzyň şygyrlarynyň, «Kowusnamadan» parçalaryň üsti bilen berilmegi olaryň ähmiýetini has hem artdyrýar. Gözbaşlar dury bolanda, şu gün hem geljek hem owadan, dury bolýar. Iň esasy zat bolsa şol pentleri ösdürmegi, ýatlatmagy özüne borç edinen halypa mugallyma bolan sarpany öňküden hem beýgeldýär. Pentleriň birinjisinde belleýşi ýaly, alym çaga terbiýesinde ata-enelere çagalaryny hünäre ugrukdyrmagy ündeýär. Alym Haýdar Muhyýew haýwanlardan hem öwrenmeli zatlaryň kändigini nygtaýar. «Meselem, ýolbarsdan batyrlygy, horazdan jomartlygy, durnadan badyhowalygy, bürgütden duýgurlygy, inerden mertligi, itden sabyrlylygy, aýydan daýawlygy, bedewden tämizligi, goýundan mähirliligi, garynjadan zähmetsöýerligi öwrenip bolsa, oňa ýetesi zat ýok» diýip, mugallym öz kitabynda ýazýar. Haýdar mugallymyň žurnalistika bilen poeziýany deňeşdirip aýdanlary uly täsir galdyrdy: «Žurnalistika hakyky poeziýanyň derejesine ýeten pursadynda biziň duýgularymyza täsir edip biler...». Alymyň bu aýdanlary onuň söz sungatynyň şalygynda köptaraply pikir öwrüp bilýän, ylmy durmuşda adamlara peýdaly bolar derejede düşündirip bilen, bütin ömrüni söze bagyş eden kişileriň biridigini açyk-aýdyň görkezip dur. Aýjemal OMAROWA. «Türkmenistan».
Milli tokaý maksatnamasy — durnukly ösüşiň kepili
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyz syýasy, ykdysady we durmuş taýdan dünýä nusgalyk uly sepgitlere ýetmek bilen bir hatarda, ekologiýa diplomatiýasynda hem öňdebaryjylaryň birine öwrüldi. Ýurdumyzyň daşky gurşawy goramak, tebigy baýlyklary aýawly saklamak we geljekki nesillere arassa, gözel tebigaty miras galdyrmak baradaky döwlet syýasaty halkara jemgyýetçiligi, aýratyn-da, Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan giňden goldanylýar. Döwletimiziň bu ugurda alyp barýan yzygiderli işleri diňe bir milli bähbitleri däl-de, eýsem, tutuş adamzat ähmiýetli ekologik meseleleriň oňyn çözülmegine hem ägirt uly goşant goşmak bilen, BMG-niň Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmekdäki durnuklylygy üpjün etmäge uly itergi berýär. Türkmenistan ekologiýa diplomatiýasynda diňe bir halkara konwensiýalara goşulmak bilen çäklenmeýär, eýsem, ählumumy derejede ýüze çykýan meseleleri çözmek üçin anyk teklipleri öňe sürýär. Munuň aýdyň subutnamasy hökmünde, Türkmenistanyň Aşgabatda Howanyň üýtgemegi bilen bagly tehnologiýalar baradaky Sebit merkezini açmak baradaky başlangyjyny, şeýle-de Aral deňziniň sebitdäki ekologik ýagdaýy gowulandyrmak ugrundaky yzygiderli tagallalaryny görkezmek bolar. Hormatly Prezidentimiziň ýakynda daşky gurşawy goramak boýunça döwlet syýasatynyň hukuk esaslaryny has-da pugtalandyrmak, howanyň üýtgemeginiň täsirini azaltmak boýunça işleriň esasy ugurlaryny kesgitlemek, ekoulgamlaryň we tokaý hojalygynyň bu ýagdaýlara durnuklylygyny ýokarlandyrmak, şeýle-de howanyň üýtgemegi barada Türkmenistanyň milli strategiýasyny üstünlikli durmuşa geçirmek maksady bilen degişli Karara gol çekmegi ýurdumyzyň «ýaşyl» ösüş ýolundaky täze sepgitlere düýpli itergi berdi. Soňky ýyllarda howanyň üýtgemegi, çölleşme hadysalarynyň güýçlenmegi, howanyň hapalanmagy we tebigy baýlyklaryň azalmagy ýaly ekologik meseleler dünýä derejesinde, şol sanda ýurdumyzda hem möhüm meseleleriň birine öwrüldi. Şu sebäpli tebigaty goramak, ýaşyl zolaklary giňeltmek we geljek nesiller üçin durnukly ýaşaýyş gurşawyny döretmek maksady bilen, «Türkmenistanyň 2026 — 2030-njy ýyllar üçin Milli tokaý maksatnamasy» kabul edildi. Bu maksatnama ýurduň ähli welaýatlarynda tokaýlary köpeltmek, bar bolan tebigy baýlyklary goramak we ekologik deňagramlylygy üpjün etmek bilen baglanyşyklydyr. Täze bäşýyllyk meýilnamany öz içine alýan bu maksatnama, ozal kabul edilen «Howanyň üýtgemegi barada Türkmenistanyň milli strategiýasynyň» logiki dowamy bolup durýar. Şeýle hem maksatnama Türkmenistanyň Tokaý kodeksiniň hem-de «Daşky gurşawy goramak hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň kadalaryny iş ýüzünde durnukly amala aşyrmagyň kämil hukuk guralydyr. Bu strategik maksatnamanyň üstünlikli durmuşa geçirilmegi doly ylmy-innowasion esaslara daýanýar. Damjalaýyn suwaryş ulgamlarynyň, gurakçylyga durnukly agaç görnüşleriniň ulanylmagy, şeýle hem dronlar arkaly ekologik gözegçiligiň, GIS we emeli hemra arkaly sanly monitoringiň ýola goýulmagy serişdeleri tygşytlamak bilen bir hatarda, tokaýlaryň ösüşiniň durnuklylygyny üpjün edýär. Şunuň bilen birlikde, Milli tokaý maksatnamasynyň kabul edilmegi karbon zyňyndylarynyň möçberiniň azaldylmagy we ekologik maýa goýumlarynyň ösdürilmegi ýaly «ýaşyl» ýörelgeleri öňe sürüp, ekologik we ykdysady ösüşiň sazlaşygyny emele getirýär. Milli tokaý maksatnamasy ýurdumyzyň dürli sebitlerinde, aýratyn-da, Garagumuň çetki zolaklarynda, Hazar deňziniň kenarýakalarynda we şäherleriň daş-töwereginde täze tokaýlyklary döretmek, öňden bar bolan ýaşyl meýdançalary gorap saklamak we olaryň biologik köpdürlüligini baýlaşdyrmak ugrunda täze innowasion usullary ulanmakda uly ähmiýete eýedir. Damjalaýyn suwaryş tehnologiýalarynyň giňden ornaşdyrylmagy suw serişdelerini ortaça 30-40 göterim tygşytlamaga we her bir oturdylan nahalyň kök urup, sagdyn ösmegine şert döredýär. Ýerli howa şertlerine we toprak aýratynlyklaryna kybap gelýän, gurakçylyga durnukly bag nahallaryny saýlap oturtmak tejribesine aýratyn üns berilmegi oňyn netijeler bilen häsiýetlenýär. Bu giň göwrümli strategiýanyň üstünlikli amala aşyrylmagy diňe bir tebigatyň gözelleşmegine däl-de, eýsem, ekologik medeniýetiň has-da ýokarlanmagyna we ýurdumyzyň durmuş-ykdysady durnuklylygyna täsir edýär. Ata-babalarymyzdan miras galan «Ýer hazyna — suw göwher», «Atasyndan bag galsa, ogly miwesini iýer» ýaly parasatly pähimlere eýerýän halkymyz üçin bag ekmek, daşky gurşawa aýawly çemeleşmek asylly ýörelgä öwrüldi. Her ýyl ýurdumyzda geçirilýän ählihalk bag ekmek dabaralary hem munuň aýdyň subutnamasydyr. Döredilýän täze tokaý zolaklary, emeli tokaýlyklar we gök guşaklar howanyň tämiz bolmagyny üpjün edýän, çäge süýşmeleriniň we tozanly şemallaryň öňüni alýan iň ygtybarly ekologik galkandyr. Görşümiz ýaly, hormatly Prezidentimiziň kabul edýän her bir taryhy Karary hem-de tassyklanýan döwlet maksatnamalary adamzadyň bähbidini, halkyň arassa gurşawda bagtyýar ýaşamagyny we bütin halkyň durnukly geljegi üçin zerur bolan ekologik abadançylygy üpjün etmäge gönükdirilendir. «Türkmenistanyň 2026 — 2030-njy ýyllar üçin Milli tokaý maksatnamasy» ýurdumyzyň «ýaşyl» ösüş taryhynda täze şanly sahypany açyp, mukaddes Watanymyzyň ösüşlerini täze sepgitlere tarap alyp gider. Ýurdumyzy bagy-bossanlyga öwürmekde, halkymyzyň sagdyn gurşawda ýaşamagy ugrunda beýik işleri amala aşyrýan Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak, dünýä nusgalyk tutumly işleri hemişe rowaç bolsun! Maksat ÇARYÝEW, Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň talyby.
Ahalteke bedewi — türkmeniň bedewi
Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallalary netijesinde ata-babalarymyzdan miras galan milli gymmatlyklarymyza uly sarpa goýlup, olary aýawly saklamakda, öwrenmekde we şan-şöhratyny dünýä ýaýmakda tutumly işler üstünlikli durmuşa geçirilýär. Şunda milli mirasymyzyň aýrylmaz bölegi bolan ahalteke bedewleriniň umumadamzat medeni gymmatlyklarynyň sanawyndan orun almagy biziň her birimizi buýsandyrýar. 2026-njy ýylyň «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýyly diýlip yglan edilmegi bolsa halkymyzyň milli gymmatlyklarymyza goýýan belent sarpasynyň aýdyň nyşanydyr. Bilşimiz ýaly, türkmen halkynyň ruhy dünýäsinde bedew atlar aýratyn orna eýedir. Ol milli baýlygyň, ösüş tizliginiň hem-de döwletimiziň okgunly öňe gitmeginiň nyşanydyr. Häzirki döwürde bedew batly ösüşler ýurdumyzyň ähli ugurlarynda aýdyň görünýär. Şunda şanly ýylymyzyň şygarynda mukaddes Garaşsyzlygymyzyň we hemişelik Bitaraplygymyzyň goşa mukaddeslik hökmünde şöhlelenmegi çuňňur mazmuna eýedir. Şöhratly bedewlerimiziň dünýä derejesinde giňden ykrar edilip, türkmen bedewleriniň gadymy mekanynda Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň döredilmegi ýurdumyzda we dünýäde atçylyk sungatynyň ösdürilmegine möhüm goşantdyr. Bu ugurda «Ahalteke atçylyk sungaty we atlary bezemek däpleri» atly milli hödürnamanyň ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilmegi möhüm taryhy waka boldy. Şeýle hem Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynda «Ahalteke atlary — parahatçylygyň ilçileri» atly ÝUNESKO klubunyň, «At — myrat» okuw merkeziniň döredilmegi ýaş nesilleri milli atşynaslyk sungatyna ugrukdyrmakda möhüm ähmiýete eýedir. Gahryman Arkadagymyz: «Biz bedewlerimiz bilen ýakynlygyň täsin filosofiýasyny döredýäris. Ol bolsa ýeňişdedir. Ýeňiş bolsa taplanmakdyr we kämilligiň menzilidir. Öňe, diňe ýeňiş üçin, il-halkyň mertebesine şöhrat getir, bedewim!» diýip belleýär. Şu jähetden, atçylyk sungaty halkymyzyň ýaşaýyş filosofiýasynyň, döwletlilik däpleriniň möhüm bölegidir. «At — myrat» diýen pähim hem bedewiň türkmen durmuşyndaky aýratyn ornuny aýdyň görkezýär. Milli Liderimiziň «Ahalteke bedewi — biziň buýsanjymyz we şöhratymyz», «Gadamy batly bedew» atly gymmatly eserleri bolsa türkmen bedewlerini öwrenmekde baý mazmuna eýedir. Şeýle hem hormatly Arkadagymyzyň «Älem içre at gezer», «Döwlet guşy» romanlarynda halkymyzyň bedew atyna bolan sarpasy we çuňňur söýgüsi uly buýsanç bilen beýan edilýär. Bu gymmatly eserlerde diňe bir halkymyzyň seýisçilik sungatynyň ösüşi, kemala gelşi, milletimiziň bedew atyna bolan buýsanjy beýan edilmän, eýsem, Gahryman Arkadagymyzyň bedew atlarymyza bolan söýgüsiniň, buýsanjynyň beýikdigine, ýaş nesiller üçin nusgalykdygyna göz ýetirýäris. Milli Liderimiziň «Döwlet guşy» romanynda Berdimuhamet mugallymyň Dagarman atly atynyň bolandygy, oňa edil çaga sereden ýaly seredendigi, maşgala agzalarynyň bedewe bolan söýgüsi çeper beýan edilýär. Şeýle hem kitapda Aba Annaýewiň ussat atşynas, ökde seýis bolandygy baradaky arhiw maglumatlaryna üns çekilýär. Eserde Berdimuhamet mugallymyň Watan goragyna gideninde atyny obadaşy — eseriň gahrymany Berkeli aga berende, onuň bilen hoşlaşygy şeýle suratlandyrylýar: «Berdimuhamet aty bilen hoşlaşdy, oňa özüniň obada bolmajakdygyny, gelýänçä Berkeli aga hyzmat etmelidigini aýtdy. Dagarman eýesiniň sözüne intipis edip, gussaly bakdy». Eserde: «Dagarman eýesiniň sözüne ýa düşünmändir ýa-da düşünse-de, sargyda tabyn bolmak islemändir, ertesi Dagarman öňküje ýerinde durdy» diýen jümleleri getirmek bilen, Gahryman Arkadagymyz ahalteke bedewiniň eýesine, saklanan ojagyna wepalylyk häsiýetini hem çeper beýan edýär. Türkmen halkynyň şöhratly taryhyna nazar aýlanyňda, merdana pederlerimiziň bedewlere aýratyn hormat goýandygyny görmek bolýar. Häzirki wagtda hem ýurdumyzda köňüllerimize joşgun, döredijiligimize ylham berýän bedew atlarymyzy ösdürip ýetişdirýän ussat atşynaslarymyz hakynda döwlet derejesinde uly aladalar edilýär. Olaryň zähmetine mynasyp baha berlip, «Türkmenistanyň halk atşynasy», «Türkmenistanyň at gazanan atşynasy», «Türkmenistanyň ussat halypa çapyksuwary» ýaly hormatly atlar dakylýar. Bu bolsa olary arassa ganly tohum atlarymyzy ýetişdirmekde ruhubelent we yhlasly zähmet çekmäge höweslendirýär. Ýeri gelende bellesek, Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen döredilen we halkymyzyň buýsanjyna öwrülen «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar topary dünýäniň abraýly sirk sungaty festiwallaryna gatnaşyp, ençeme gezek ýeňiş gazandy. Şunda 2026-njy ýylyň 16 — 25-nji ýanwary aralygynda Monako Knýazlygynyň Monte-Karlo şäherinde geçirilen 48-nji halkara sirk sungaty festiwalynda «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparyna sirk sungatyna goşan uly goşandy üçin Bütindünýä sirk federasiýasy hem-de Ýewropa sirk assosiasiýasy tarapyndan halkara şahadatnamalaryň dabaraly ýagdaýda gowşurylmagy ählimizi buýsandyrdy. Görnüşi ýaly, bedew batly ösüşlerimiz hem-de gazanýan uly üstünliklerimiz Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň iň täze taryhyna altyn harplar bilen ýazylýar. Şol beýik ösüşler bolsa Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyzyň dünýädäki abraýyny has-da beýgeldip, behişdi bedewlere aýratyn gadyr goýýan Gahryman Arkadagymyzyň hem-de hormatly Prezidentimiziň durmuşa geçirýän beýik işleriniň ajaýyp miwesidir. Çünki Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň nygtaýşy ýaly, «Bedew atlarymyz gadymy topragymyzyň gudratydyr, türkmen öý-ojagynyň ýaraşygydyr, bahasyna ýetip bolmajak milli baýlygymyzdyr». Gülnar ANNAÝEWA, Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň uly mugallymy.
Вдохновение и достижения молодёжи
В эру Возрождения новой эпохи могущественного государства Министерство образования Туркменистана, Национальный центр профсоюзов и Центральный совет Молодёжной организации имени Махтумкули совместно провели заключительный этап государственного конкурса «Ýylyň talyby». Данный смотр, нацеленный на выявление и поощрение талантливых, высокообразованных и владеющих передовыми технологиями представителей молодого поколения, имеет огромное значение для наращивания интеллектуального потенциала страны. Конкурс, вдохновляющий участников на достижение новых научных рубежей и активизацию их роли в общественной жизни, стал ярким свидетельством эффективности мудрой государственной политики в отношении молодёжи. Руководствуясь напутствиями уважаемого Президента Аркадаглы Героя Сердара о том, что счастливая молодёжь призвана упорным трудом и отличной учёбой приумножать международный авторитет Родины, финалисты в полной мере продемонстрировали свои высокие интеллектуальные и творческие способности. В итоговом туре приняли участие 27 представителей высших учебных заведений страны, ставших победителями вузовских отборочных этапов. В течение двух дней судейская коллегия детально оценивала академическую успеваемость соискателей, их достижения на смотрах различного уровня, качество научно-исследовательских работ, а также наличие авторских свидетельств в области интеллектуальной собственности и вклад в просветительскую деятельность. Кроме того, конкурсанты успешно прошли тестирование по профильным дисциплинам на английском языке, продемонстрировав широкий кругозор и высокий уровень языковой подготовки. В заключительный день этого состязания были объявлены результаты тестирования участников по дисциплинам «Современное туркменское общество» и «Компьютерные технологии». Эти новые баллы, полученные на самом последнем этапе испытаний, были добавлены к показателям, достигнутым студентами в предыдущие дни, после чего определились окончательные победители конкурса. В результате, выполнив все условия конкурса и сумев добиться наивысшего показателя, студент 4-го курса Международного университета гуманитарных наук и развития Данияр Эмиркулиев стал обладателем высокого и престижного звания «Студент года». Первое место в конкурсе занял студент 4-го курса Института телекоммуникаций и информатики Туркменистана Байназар Мухаммедов. Вторых мест удостоились студент 4-го курса Туркменского государственного педагогического института имени Сейитназара Сейди Гуртгельди Ханов и курсант 4-го курса Пограничного института Туркменистана Гундогды Аймаммедов. Третьи места разделили между собой курсант 4-го курса Института национальной безопасности Туркменистана Рахат Атаев, студент 6-го курса Государственного медицинского университета Туркменистана имени Мырата Гаррыева Мухаммедалы Атабаев, студент 3-го курса Туркменского государственного архитектурно-строительного института Батыр Овезмурадов, студент 3-го курса Туркменского государственного института физической культуры и спорта Хаджымырат Илимов, а также студент 3-го курса Международной академии коневодства имени Аба Аннаева города Аркадаг Гуванч Ёлдашев. Данное мероприятие стало яркой демонстрацией высоких рубежей, достигнутых студентами высших учебных заведений нашей страны не только в теоретических знаниях, но и в сфере цифровых технологий и научно-творческой деятельности. Победителям и активным участникам конкурса от имени организаторов в торжественной обстановке были вручены почётные грамоты и памятные подарки. В завершение конкурса его участники от всего сердца пожелали крепкого здоровья, долгих лет жизни и неизменных успехов в великих начинаниях Национальному Лидеру туркменского народа Герою-Аркадагу и Президенту Аркадаглы Герою Сердару, создающим огромные возможности для того, чтобы молодёжь училась в современных условиях, совершенствовалась и занимала высокие рубежи. Нязик АТАЕВА, главный специалист организационного отдела Центрального совета Молодёжной организации Туркменистана имени Махтумкули.
Образование, технологии и глобальное мышление
Мир стремительно меняется под влиянием технологий, профессии будущего требуют не только глубоких знаний, но и умения говорить на одном языке с глобальным научным сообществом. В этой связи образование перестаёт быть просто передачей знаний от старшего поколения – молодому, становится пространством, где формируется научное мышление, языковые навыки «подтягиваются» до абсолютной способности свободно читать в оригинале или писать специальную техническую литературу, строить мыслительные конструкции, уметь их аргументированно и научно доказывать свою точку зрения в среде носителей языка. В Туркменистане действуют высшие школы, где изучаются языки ООН, преподавание ведётся сразу на нескольких языках, либо сосредоточены на английском – одном из научных языков мира наравне с русским, китайским, японским, хинди. В последнее время в сфере образования дискутируют на предмет повышения планки или уровня преподавания языков от светского и разговорного – к научно-техническому. Именно такой атмосферой наполнены учебно-методические семинары, которые проходят в Инженерно-технологическом университете Туркменистана имени Огуз хана для преподавательского состава и студенчества. Это не чисто академические встречи, а живой диалог, обмен идеями, профессиональная энергия. А ещё – стремление понять, каким видится языковое образование в мире, где компьютерные инженеры создают программы, которые при должном контроле со стороны человека способны помогать быстрее делать кропотливую работу, их ещё называют «искусственный интеллект», программисты работают в международных командах, а научные открытия рождаются в международном сотрудничестве, для которого нет границ, геополитики и культурных различий. Но за этой методической формулировкой скрывается куда более глубокий смысл: как подготовить молодого специалиста к реальности XXI века, где владение в совершенстве иностранными языками становится не преимуществом и профессией, а обыденной необходимостью и, если угодно, показателем культуры и воспитания, ибо образованный человек стремится говорить на языке оппонента. Обсуждается то, о чём сегодня говорят в ведущих мировых университетах: продуманной интеграции «искусственного интеллекта» в научно-образовательный процесс, где студенчество не лишается возможности приобретать полезный навык работать самим, накапливать знания и их понимание, не полагаться на готовые ответы некой компьютерной «шпаргалки», которая обрабатывает всю информацию, выдавая средне-правдивый ответ, а стараться самим работать в цифровых платформах-библиотеках, переводить научный текст, разбираться без подсказок в интерактивных методиках, своим умом продвигаться в проектно-практическом обучении и развитии профессиональной коммуникации. Преподаватели делятся практическими идеями, молодые исследователи – результатами собственных экспериментов в области цифрового самообучения, а студенты становятся не пассивными слушателями, а полноценными участниками интеллектуально-дискуссионного процесса. Особую динамику мероприятиям придаёт работа в группах. Здесь спорят о будущем образования, предлагаются решения, которые способны сделать учебный процесс более гибким, современным и эффективным, строго отвечая национальным приоритетам государства в сфере профессионального образования. Вопросы из зала нередко перерастают в содержательные обсуждения, а сессии «вопрос–ответ» превращаются в интеллектуальный обмен между опытными преподавателями и молодыми ассистентами. Словом, царит атмосфера открытости, профессионального уважения и общего стремления двигаться вперёд в области усиления освоения студентами фундаментальных наук, глубоких знаний в осваиваемых областях. И это не случайно: стране нужны специалисты – инженеры, архитекторы, технологи, программисты, учёные, и главной задачей отрасли является подготовка квалицифированных кадров с широким кругозором, заданным багажом знаний с запасом «на будущее». Сегодня всё более очевидно – современному инженеру недостаточно владеть только техническими знаниями. Мир требует специалистов, способных мыслить глобально с сохранением своей национальной идентичности, патриотично настроенных профессионалов, способных двигать вперёд отечественную науку, взаимодействовать с международными командами, защищая проекты своей страны, представлять собственные реализованные идеи на конференциях, участвовать в научных проектах и быть частью мировой профессиональной среды для того, чтобы принести пользу Родине. Именно поэтому языковое образование становится стратегическим направлением подготовки многопрофильных кадров нового поколения. Инженерно-технологический университет Туркменистана имени Огуз хана последовательно демонстрирует готовность отвечать на вызовы времени, рассматривая обучение не как статичную систему, а как постоянно развивающуюся экосистему знаний, технологий, межвузовского сотрудничества и, конечно, профессионального и языкового роста, личностного развития. И главным здесь становятся не сертификаты и презентации, а высказанные свежие идеи, которые проявляются в ходе дискуссий. Например, что будущее сферы образования в аудиториях формируют преподаватели, готовые расширять рамки методик, утверждённых Министерством образования страны, обогащать их более совершенными подходами, а также студенты, стремящиеся осваивать дополнительные знания, где университет становится пространством интеллектуальной генерации инноваций в пользу учебного процесса, успеваемости. Вузовские семинары – отражение нового этапа развития языкового образования – более технологичного, ориентированного на подготовку специалистов, способных уверенно чувствовать себя в глобальном профессиональном пространстве, самостоятельно преодолевать сложности языков для решения специальных научно-технических задач. Мяхриджемал ЯЗКЛЫЧЕВА, преподаватель Инженерно-технологического университета Туркменистана имени Огуз хана.
Ylymly ýaşlar — beýik geljegi gurujylar
Hormatly Prezidentimiziň döwleti we jemgyýeti hemmetaraplaýyn sazlaşykly ösdürmek ugrunda alyp barýan syýasaty «Döwlet adam üçindir!» diýen ynsanperwer ýörelgä esaslanýar. Bu bolsa ýurdumyzyň ähli sebitlerini gurşap alýan we halkyň abadan durmuşda ýaşamagynyň hatyrasyna üstünlikli durmuşa geçirilýän özgertmelerde, söwda-ykdysady, ulag-aragatnaşyk, ylmy-tehniki, medeni-ynsanperwer hem-de beýleki ugurlar boýunça maksatnamalarda öz beýanyny tapýar. Bu özgertmeleriň hil taýdan täze derejä çykmagy we halkyň bähbidine has netijeli hyzmat etmegi bolsa ylmyň mümkinçiliklerine daýanýar. Ine, şu nukdaýnazardan ugur alnyp, ýurtda ylym ulgamyny kämilleşdirmek döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugruna öwrüldi. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe türkmen ylmynyň ösdürilmegi ugrunda ägirt uly işler amala aşyrylýar. Şeýle beýik işleriň gözbaşynda duran hormatly Prezidentimiziň Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň akademikligine saýlanmagy, professor alymlyk adyny almagy bagtyýar halkymyzda uly hoşallyk duýgusyny döredip, ýurdumyzda giňden bellenilýän Ylymlar gününi has-da dabaralandyrdy. Ylmy-tehniki ösüşleriň asyry hasaplanýan häzirki döwürde ylmyň gazananlary, sanly tehnologiýalar, jemgyýetiň intellektual derejesi dünýäniň her bir ýurdunyň ykdysadyýetiniň ösüş depginini, geljegini kesgitleýji esasy görkeziji bolup durýar. Şu jähetden, ylym ulgamyny hil taýdan täze, ösüşiň dünýä derejesine çykarmak, ylmy barlaglaryň we tehniki işläp düzmeleriň netijeliligini ýokarlandyrmak, olary jemgyýetiň we döwletiň durmuşynyň möhüm meselelerini çözmäge gönükdirmek, bu işlere ýaşlary işjeň çekmek we olaryň döredijilikli başlangyçlaryny goldamak ýurdumyzyň ylmy jemgyýetçiliginiň öňünde durýan möhüm wezipelerdir. Bu wezipeleriň amala aşyrylmagynda Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasy bilen Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşiniň bilelikde guramagynda ýaşlaryň arasynda geçirilýän ylmy işler boýunça bäsleşik aýratyn ähmiýete eýedir. Türkmenistanyň Prezidentiniň 2015-nji ýylyň 6-njy fewralyndaky degişli Kararyna laýyklykda her ýyl geçirilip gelinýän bu bäsleşik ýaşlaryň täze ylmy pikirleriniň, innowasiýa işläp taýýarlamalarynyň milli ykdysadyýete ornaşdyrylmagy üçin giň mümkinçilikleri açmak bilen, ýaş hünärmenleriň ylmy-döredijilik kuwwatyny döwletimiziň durnukly ösüşine gönükdirmäge hyzmat edýär. Şeýle başlangyçlar döwletimiziň ylym strategiýasynyň ileri tutulýan ugurlary bilen doly sazlaşyp, ýurdumyzyň innowasion geljegini kepillendirýär. Çünki häzirki döwürde ylym ähli ösüşleriň hereketlendiriji güýji hasaplanylýar. Berkarar döwletimizde özleri üçin ägirt uly mümkinçilikleriň döredilýändigini duýýan bagtyýar ýaşlar ata Watanymyzyň bedew batly ösüşine mynasyp goşant goşmak ugrunda täze açyşlary ylma girizmäge, tehniki ösüşleri durmuşa geçirmäge çalyşýarlar. «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda dürli ugurlarda zähmet çekýän, ýokary we orta hünär okuw mekdeplerinde, orta mekdeplerde bilim alýan, ylym bilen meşgullanýan ýaşlaryň 1 müň 500-den gowragy nanotehnologiýalar, himiki tehnologiýalar, täze materiallary öwrenmek we energetika; biotehnologiýa, molekulýar biologiýa, oba hojalygy, ekologiýa we genetika; maglumat we aragatnaşyk ulgamlary, kompýuter tehnologiýalary; häzirki zaman lukmançylyk we derman serişdelerini öndürmek tehnologiýalary; innowasion ykdysadyýet; ynsanperwer ylymlar ýaly ugurlar boýunça öz ylmy işlerini, açyşlaryny we ylmy barlaglarynyň netijelerini hödürlediler we olardan 170-si Türkmenistanyň ýaşlarynyň arasynda ylmy işler boýunça geçirilen abraýly bäsleşigiň ýeňijisi hökmünde kesgitlenildi. 12-nji iýunda Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetinde geçirilen dabarada Ylymlar güni mynasybetli ýurdumyzyň ýaşlarynyň arasynda yglan edilen bu bäsleşigiň ýeňijilerine hormatly Prezidentimiziň adyndan şahadatnamalar we gymmat bahaly sowgatlar gowşuryldy. Häzirki wagtda dünýäde ähmiýeti barha artýan ylym ulgamynyň toplumlaýyn döwrebaplaşdyrylmagy Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Bu ugurda bar bolan kuwwatyň berkidilmegi, ylmy-barlaglary alyp barmaga we innowasion bilimleri döretmäge hem-de özgertmäge ukyplylyk, adam maýasynyň ösdürilmegi, ýokary bilimli hünärmenleriň taýýarlanylmagy ýurdumyzyň durnukly ösüşiniň, täze sepgitlere ýetmeginiň möhüm şertidir. Şu nukdaýnazardan, häzirki döwrüň möhüm meseleleri boýunça köptaraplaýyn gepleşikleri ösdürmekde giň gözýetimli, uly durmuş mümkinçilikli we dünýägaraýyşly, düýpgöter täzeçe hem-de özara kabul ederlikli ýörelgeleri öňe sürmäge ukyply ýaşlara aýratyn orun berilýär. Olaryň hukuklaryny üpjün etmek babatda zerur şertleriň döredilmegi ýurdumyzyň ýörite kanunlarynda we maksatnamalarynda öz beýanyny tapýar. Türkmenistanyň kanunçylygy ýaşlaryň durmuş-ykdysady, syýasy hukuklaryny we azatlyklaryny doly kepillendirýär. Şunuň bilen baglylykda, ýaş hünärmenleri iş bilen üpjün etmek, bu ulgamdaky kadalaşdyryjy hukuk namalaryny kämilleşdirmek, ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamak işine aýratyn ähmiýet berilýär. Bu ugurdaky işleri strategik esasda alyp barmak maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidentiniň degişli Karary esasynda, 2023-nji ýylyň 10-njy iýunynda «Türkmenistanyň ýaşlarynyň halkara hyzmatdaşlygynyň 2023 — 2030-njy ýyllar üçin Strategiýasy» tassyklanyldy. Türkmenistanyň ýaşlarynyň beýleki ýurtlaryň ýaşlary bilen dostlugyny, özara düşünişmegini we hyzmatdaşlygyny hemmetaraplaýyn ösdürmegi hem-de pugtalandyrmagy üpjün etmek, şeýle hem olaryň halkara hyzmatdaşlygyň durmuş-ykdysady, maglumat-aragatnaşyk, medeni, ylym-bilim, intellektual, ekologiýa, döredijilik, ynsanperwer, sport, syýahatçylyk we beýleki ugurlaryna işjeň gatnaşmagy üçin şertleri döretmek bu Strategiýanyň esasy maksatlary bolup durýar. Bilim, ylym, medeniýet, sport, ýaşlar hereketi, şeýle hem ýaşlar parlamentarizmi we ynsanperwer hyzmatdaşlyk ulgamlarynda halkara gatnaşyklar Strategiýanyň esasy düzüm bölekleri bolup durýar. Şunuň bilen baglylykda, halkara ylym hyzmatdaşlygy ulgamynda ýaşlaryň ylmy diplomatiýasyny ösdürmek, ýaş alymlaryň halkara birleşiklere gatnaşmagyny we ýurdumyzda şeýle birleşikleri döretmek boýunça başlangyçlary goldamak, milli we halkara derejelerde ylmy bäsleşikleri geçirmek göz öňünde tutulýar. Umuman, hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzyň ylym ulgamy düzümi boýunça-da, täze innowasion tehnologiýalaryň tejribä ornaşdyrylmagy babatda-da barha oňyn netijelere eýe bolýar, ýaş nesliň ylma çuň aralaşmagy üçin ähli zerur şertler döredilýär. Munuň özi döwlet Baştutanymyzyň çuňňur oýlanyşykly syýasaty netijesinde ýurdumyzyň ylym ulgamynyň mundan beýläk-de kämilleşdiriljekdigini ynam bilen aýtmaga doly esas döredýär. Ýaşlary ylma, bilime, döredijilige hem-de beýik açyşlara ruhlandyrýan, ata Watanymyzy ösüşleriň täze belentliklerine sary ynamly öňe alyp barýan Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyşlarymyz egsilmezdir. Milli Liderimiziň we hormatly Prezidentimiziň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak, il-ýurt bähbitli, umumadamzat ähmiýetli işleriniň elmydama rowaç bolmagyny tüýs ýürekden arzuw edýäris. Ýazpolat KERIÝEW, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşiniň başlygy, Mejlisiň deputaty.
Uçurymlaryň gutardyş dabarasy
Şu günler ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerinde uçurym talyplardyr magistrantlaryň okuwlarynyň gutardyş dabaralary geçirilýär. Ýakynda Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde 2025-2026-njy okuw ýylynda ýokary okuw mekdebini üstünlikli tamamlan uçurymlaryň gutardyş dabarasy geçirildi. Dabara ýurdumyzyň ministrlikleridir pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň hünärmenlerinden, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň we onuň ugurdaş ylmy-barlag institutlarynyň alymlaryndan ybarat Jemleýji döwlet synag toparlarynyň agzalary, uçurymlaryň ata-eneleri, uniwersitetiň professor-mugallymlarydyr talyplary gatnaşdylar. Dabarada çykyş edenler bir asyra golaý wagtyň dowamynda dürli ugurdan ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlaýan baýry ylym-bilim ojagynda talyplaryň bellenen dersler boýunça döwlet synaglaryny üstünlikli tabşyryp, özleşdiren bilimleriniň, hünär başarnyklarynyň netijesini görkezýändiklerine üns çekdiler. «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda uniwersiteti hünärleriň 30-dan gowragy boýunça 1879 uçurym tamamlaýar. Gutardyş dabarasynda tapawutly we göreldeli okan, döwlet hem-de halkara derejede ders, ylmy-taslama, döredijilik bäsleşiklerinde ýeňiş gazanan, sport ýaryşlarynda, medeni-jemgyýetçilik çärelerinde işjeňlik görkezen uçurymlara Minnetdarlyk haty, uniwersitetiň kärdeşler arkalaşygynyň ilkinji guramasynyň ýadygärlik sowgatlary gowşuryldy. Uniwersitetiň «Bagtyýarlyk owazlary» medeni merkeziniň höwesjeňleriniň hem-de uçurym talyplaryň ýerine ýetirmegindäki aýdym-sazlar, tanslar, okalan goşgular bu ýere gelenlere lezzet paýlady. Dabarada ýaşlaryň Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň, Gahryman Arkadagymyzyň döredip berýän giň mümkinçiliklerinden peýdalanyp, Watanymyzyň ösüşlerine mynasyp goşant goşmak ugrunda yhlasly hem netijeli zähmet çekjekdiklerine ynam bildirdiler. Parahat BATYROW, Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň žurnalistika hünäriniň talyby.
«Ýylyň talyby» bäsleşigi
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda kämil bilimli ýaşlary ýüze çykarmak hem-de höweslendirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň, Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň hem-de Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşiniň bilelikde guramagynda «Ýylyň talyby» döwlet bilim bäsleşiginiň jemleýji tapgyry geçirildi. Ýaşlaryň intellektual kuwwatyny has-da artdyrmakda, olary täze ylmy gözleglere ruhlandyrmakda we jemgyýetçilik işlerindäki ornuny berkitmekde uly ähmiýete eýe bolan bu bäsleşik döwlet Baştutanymyzyň ýaş nesiller baradaky parasatly syýasatynyň aýdyň dabaralanmasyna öwrüldi. Bäsleşigiň jemleýji tapgyryna deslapky tapgyrlarda öňe saýlanyp, özleriniň zehini we ukyby bilen tapawutlanan talyplaryň 27-si gatnaşdy. Iki günläp dowam eden çäräniň barşynda eminler bäsleşige gatnaşyjylaryň okan döwründe alan ortaça bahalaryny, dürli derejelerdäki bäsleşiklere gatnaşyklaryny, ýerine ýetirýän ylmy-barlag işleriniň hilini, şeýle hem intellektual eýeçilik boýunça alan awtorlyk şahadatnamalaryny we wagyz-nesihat işlerine işjeň gatnaşyklaryny hemmetaraplaýyn bahalandyrdylar. Gyzgalaňly geçen çäräniň jemleýji gününde oňa gatnaşyjylaryň häzirki zaman türkmen jemgyýeti we kompýuter tehnologiýalary dersleri boýunça tabşyran test barlaglarynyň netijeleri yglan edildi. Synaglaryň iň soňky tapgyrynda alnan bu täze ballar talyplaryň öňki günlerde gazanan görkezijileriniň üstüne goşulyp, bäsleşigiň gutarnykly ýeňijileri mälim edildi. Netijede, bäsleşigiň ähli şertlerini berjaý edip, iň ýokary görkezijini gazanmagy başaran Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň 4-nji ýyl talyby Daniýar Emirkulyýew öz bäsdeşlerinden saýlanyp, 67,55 bal bilen «Ýylyň talyby» diýen abraýly adyň eýesi boldy. Bäsleşikde birinji orny Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika institutynyň 4-nji ýyl talyby Baýnazar Muhammedow eýeledi. Ikinji orna Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň 4-nji ýyl talyby Gurtgeldi Hanow bilen Türkmenistanyň Serhet institutynyň 4-nji ýyl harby talyby Gündogdy Aýmämmedow mynasyp boldular. Üçünji orny bolsa Türkmenistanyň Milli howpsuzlyk institutynyň 4-nji ýyl harby talyby Rahat Ataýew, Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň 6-njy ýyl talyby Muhammedaly Atabaýew, Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň 3-nji ýyl talyby Batyr Öwezmyradow, Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň 3-nji ýyl talyby Hajymyrat Ilimow hem-de Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynyň 3-nji ýyl talyby Guwanç Ýoldaşow dagy paýlaşdylar. Ýeňijilere we bäsleşige işjeň gatnaşanlara guraýjylar tarapyndan Hormat haty hem-de ýadygärlik sowgatlar dabaraly ýagdaýda gowşuryldy. Gurbanmyrat MUHAMMEDOW, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşiniň guramaçylyk bölüminiň müdiri.
Dynç alyş manyly guralýar
Biziň dynç alyş we sagaldyş merkezimizde ýaş nesliň ukyp-başarnyklaryny, şeýle-de zehinlerini ýüze çykarmakda mekdep okuwçylary dürli ugurlarda, şol sanda durmuş ýörelgesine degişli ugurlarda bilimlerini, endiklerini artdyrýarlar, täze dostlary tapýarlar. Mary welaýatyndaky «Arkadagyň bagtyýar nesilleri» çagalar dynç alyş we sagaldyş merkezinde tejribeli mugallymlaryň 14-si çagalara terbiýe berýärler. Merkezde her tapgyrda 300 çaga dynç alyp, olar özleri üçin döredilen giň mümkinçiliklerden peýdalanýarlar. Dynç alyş merkezinde toparlaryň 12-si, her toparda çagalaryň 25-si tejribeli mugallymlar tarapyndan terbiýelenýär. Terbiýeçiler, mugallymlar çagalaryň sazçylyk, çeper halk senetçiligi bilen meşgullanmakda zehinlerini açmaga kömek edýärler. Ýörite meýilnama esasynda toparlaryň arasynda özara bäsleşikleriň we beýleki çäreleriň yzygiderli geçirilmegi, şeýle-de Mary şäheriniň gözel künjeklerine gezelençleriň guralmagy olaryň dynç alşynyň many-mazmunlylygyny hem-de täsirliligini artdyrýar. Bagtyýar nesilleriň welaýat kitaphanasyna, Mary welaýat Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýine, Bagtyýarlyk seýilgähine, Wekilbazar etrabynda ýerleşýän «Bagtyýar nesiller» çagalar dynç alyş seýilgähine guralýan gezelençler çagalaryň dynç alşynyň her bir pursadynyň manyly geçmegine şert döredýär. Gyzykly döredijilik agşamlary, aýdym-sazly medeni çäreler we guralýan beýleki şüweleňler çagalarda ýatdan çykmajak täsir galdyrýar. Merkezde geçirilýän «Owadandyr, Watanym!», «Geliň, surat çekeliň!», «Tebigat — biziň öýümiz» atly surat bäsleşikleri, «Sagdyn nesiller», «Saglyk — biziň baýlygymyz», «Sport — biziň dostumyz» ady bilen guralýan sport çäreleri, «Geliň, tapmaça çözeliň!» ýaly zehin bäsleşikleri dynç alşyň täsirli geçmegine ýardam berýär. Durmuş üpjünçilik desgalaryny goşmak bilen, şol sanda bagy-bossanlyklar merkezimiziň gözelliklerine görk goşýar. Bu ýere çagalar welaýatyň dürli etraplaryndan dynç almaga gelip, olar tomus paslyny şadyýan we hoşwagt geçirýärler. Bu çagalar bilen gündelik dynç alyş merkezimiziň iş meýilnamasy esasynda birnäçe sport çäreleri geçirilip, olarda çagalar öz ukyp-başarnyklaryny ýüze çykarýarlar. Telärler, oýun meýdançalary, ertekileriň gahrymanlarynyň şekilleri bilen bezelen ýodajyklar we köprüjikler toplumyň çäklerine aýratyn öwüşgin berýär. Merkezimiziň üç gatly binasynyň ajaýyp keşbi ganatlaryny giňden geren äpet guşy ýatladýar. Çagalar üçin merkezde ýatylýan giň we rahat otaglardan başga-da maslahatlar zaly, sport zaly, lukmançylyk, kompýuter otaglary, giň naharhana, kinoteatr bar. Köpçülikleýin çäreleri geçirmek üçin amfiteatr göz öňünde tutulan. Merkeziň çäginde oýun, sport meýdançalary, ýüzülýän howuz ýerleşdirilen. Çagalar bilen olaryň gyzyklanmalaryna görä, gurnagyň işiniň ugruna laýyklykda, enjamlaşdyrylan aýry-aýry otaglaryň birnäçesi bar. Güljahan ÇARYKULYÝEWA, «Arkadagyň bagtyýar nesilleri» çagalar dynç alyş we sagaldyş merkeziniň direktory.
Gökderedäki şadyýan bäsleşikler
Ýakynda Türkmenistanyň Merkezi bankynyň Gökderedäki Muhammetmyrat Nyýazow adyndaky çagalar dynç alyş we sagaldyş merkezinde «Biz — şadyýan çagalar», «Şadyýan tomus — 2026» atly bäsleşikleriň jemi jemlendi. Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň, Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň, Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komitetiniň, Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşiniň bilelikde guramaklarynda geçirilen bu bäsleşikler çagalarda şu ýylky dynç alyş bilen bagly ýakymly ýatlamalary galdyrdy. «Biz — şadyýan çagalar» atly hereketli oýunlar boýunça guralan merkezara ýaryşa kiçi ýaşly mekdep okuwçylaryndan düzülen toparlar gatnaşdy. Ýaryş örän çekeleşikli bolup, oňa gatnaşan oglandyr gyzlar öz ukyp-başarnyklaryny görkezdiler. Emin agzalaryň biragyzdan gelen netijelerine görä, degişlilikde 1-nji orna «Ýaşlyk», 2-nji orna «Demirýolçy», 3-nji orna bolsa Muhammetmyrat Nyýazow adyndaky çagalar dynç alyş we sagaldyş merkezleri mynasyp boldy. «Şadyýan tomus — 2026» atly bäsleşikde çagalar sportuň hereketli görnüşleri boýunça güýç synanyşdylar. Ýaryşyň maksady Gökdere jülgesinde dynç alýan çagalaryň tomusky günlerini peýdaly we gyzykly geçirmekden hem-de merkezlerde dostluk gurşawyny döretmekden ybarat boldy. Şonuň üçin hem bu ýaryşyň geçirilmeginiň uly ähmiýetiniň bardygyny bellemek gerek. Fijital sport tansy, fijital futbol, basketbol, ylgaw, stol tennisi, tanap çekmek we şaşka boýunça guralan ýaryşlara 8 — 10, 10 — 12, 12 — 14 ýaş aralygyndaky çagalar gatnaşdylar. Netijede, 1-nji ýeri «Ýaşlyk», 2-nji ýeri Muhammetmyrat Nyýazow adyndaky, 3-nji ýeri bolsa «Altyn damja» çagalar dynç alyş we sagaldyş merkezleri eýelediler. Olara çäräni guraýjylar tarapyndan gymmat bahaly sowgatlar we Hormat hatlary gowşuryldy. — Şeýle çäreleri geçirmek başlangyjy merkezimiziň bedenterbiýe mugallymy Andreý Lopatine degişli. Bu bäsleşiklerde merkezimiziň çagalary hem üstünlikli çykyş etdiler. Bäsleşikleriň gyzykly we çekeleşikli geçmegi çagalarda sporta bolan höwesi artdyrýar. Galyberse-de, olar beýleki gurnaklara hem gatnaşýarlar. Dil gurnaklaryna köp isleg bildirilmegi, çagalaryň daşary ýurt dillerini öwrenmäge bolan höwesiniň ýokarydygyny tassyklaýar. Mundan başga-da, gyzlar keşdeçilik, el işleri bilen bagly gurnaklara gatnaşýarlar. Bu olary türkmençilik däplerimiz bilen utgaşyklykda terbiýelemäge ýardam edýär. Häzirki wagtda merkezimizde Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň, şeýle hem Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň talyplary tejribelik geçýärler. Olar çagalary beden we ruhy taýdan sagdyn edip ýetişdirmek, sporta, bilime, tebigata, sungata söýgini artdyrmak ugrundaky işlerimize ýakyndan ýardam berýärler — diýip, Muhammetmyrat Nyýazow adyndaky çagalar dynç alyş we sagaldyş merkeziniň uly mugallymy Mähri Myradowa gürrüň berdi. Şeýle pursatlarda ýurdumyzyň geljegi hasaplanýan ýaş nesillerimiziň hakyky watançylar bolup ýetişmekleri babatdaky tagallalaryň üstünlikli amal bolýandygyna buýsanjyň artýar. Baýnazar BAÝHANOW. «Türkmenistan».
Çagalara okap beriň!
Tomus paslynyň gyzgalaňly dowam edýän günlerinde çagalaryň wagtlaryny peýdaly hem hoş geçirmegini gazanmak her bir ene-atanyň esasy aladalarynyň biri. Şonuň üçin bu babatda ene-atalara ýardam etmek maksady bilen, pikirimizi paýlaşmak isleýäris. Sport bilen meşgullanmagyndan ýa-da deň-duşlary bilen dürli oýunlary oýnamagyndan başga-da, ulularyň çagalara niýetlenen dürli eserleri okap bermegi olaryň wagtlarynyň hoş geçmegine ýardam edýär. Bu babatda dünýä edebiýatyndan çagalar üçin niýetlenen ululy-kiçili birnäçe eserleriň türkmen diline terjime edilendigini bellemek ýakymly. Şolaryň arasynda XX asyryň başlaryndan bäri okyjylaryň arasynda gymmatyny ýitirmän gelýän «Pollianna» atly roman aýratyn agzalmaga mynasypdyr. «Dünýä edebiýaty» žurnalynda okyjylara ýetirilen amerikan ýazyjysy Eleanor Porteriň bu eserinde ýetim gyzjagazyň ykbaly bilen bagly wakalar akgynly beýan edilýär. Onda Pollianna atly gyzjagazyň durmuşyň kynçylykly ýagdaýlarynda özüni ýitirmän, dartgynly pursatlardan sowukganlylyk bilen baş alyp çykyşy, çagalara mahsus sada dünýäsi barada gürrüň edilýär. Adamlaryň, hatda ýakyn saýýanlarynyň hem özüne gödek daramaklary gyzjagazy ruhdan düşürmeýär. Tersine, ol töweregindäkilere hem özüniň ruhubelentlik, geçirimlilik, sabyrlylyk ýaly adamkärçilikli sypatlary bilen görelde bolýar. Polliannanyň ruhubelentligi okyjyda aýratyn täsir galdyrýar. Romanda hemaýata mätäçlere ýardam etmek, durmuşyň kyn pursatlaryny ýeňip geçmek, ruhubelentligi özüňe hemra edinmek ýaly ýagşy gylyklar ündelýär, rehimsizlik ýazgarylýar. Bir söz bilen aýdanymyzda, Polliannanyň tutuş barlyga çaga dünýäsiniň «päk penjiresinden» garamagy başarýandygy okyjynyň kalbynda oňa bolan çäksiz söýgini döredýär. Eseriň baş gahrymany bolan bu gyzjagazdan diňe kiçilere däl, eýsem, uly ýaşlylara hem öwrenere zat juda köp. Romandaky täsirli wakalaryň beýany bolsa ony okap tamamlanyňdan soň hem hakydaňdan çykmaýar. Zeýnäp GURBANOWA, Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň mugallymy.
Ylymly ýaşlar — Watanymyzyň geljegini gurujylar
Aşgabat, 12-nji iýun (TDH). Şu gün Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetinde Ylymlar güni mynasybetli ýurdumyzyň ýaşlarynyň arasynda ylmy işler boýunça yglan edilen bäsleşigiň ýeňijilerini sylaglamak dabarasy geçirildi. Bu bäsleşik her ýyl Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasy we Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşi bilen bilelikde guralýar. Bäsleşigiň ýeňijilerini sylaglamak dabarasyna Hökümet agzalary, ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary, ylmy jemgyýetçiligiň wekilleri, ýokary okuw mekdepleriniň professor-mugallymlary, talyplar gatnaşdylar. Dabaranyň barşynda hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzyň ýaşlarynyň arasynda ylmy işler boýunça geçirilen bäsleşigiň ýeňijilerine iberen Gutlagy uly ruhubelentlik bilen diňlenildi. Onda nygtalyşy ýaly, döwletimiziň gazanýan üstünliklerinde ylmyň goşandy uludyr. Ýurdumyzyň kuwwatly ösüşi köp babatda çuňňur ylymly-bilimli ýaşlarymyza hem-de olaryň alyp barýan netijeli işlerine baglydyr. Aýdyň maksatlary özlerine ýörelge edinen ýaş alymlaryň ylmyň ileri tutulýan ugurlary boýunça gazanýan döredijilik üstünlikleri we täze ylmy açyşlary döwletimiziň mundan beýläk-de gülläp ösmegine uly goşantdyr. Bu ugurda ylmy-barlag institutlary, ýokary okuw mekdepleri, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň hem-de Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşiniň ýanyndaky Ýaş alymlaryň merkezi tarapyndan alnyp barylýan ylmy barlaglaryň, ýaş alymlaryň, inženerleriň, tehnologlaryň, hünärmenleriň ylmy açyşlary döwletimiziň durmuş-ykdysady ösüşine degişli möhüm wezipeleriň çözülmegine ýardam berýär. Ylym-bilim ulgamyny ösdürmek, ykdysadyýetimiziň pudaklaryna ylmyň täze gazananlaryny ornaşdyrmak, ýurdumyzyň ylmy kuwwatyny ýokarlandyrmak baş maksatlaryň biri bolup durýar. Şunuň bilen baglylykda, ylmy bäsleşige gatnaşýan zehinli ýaş alymlaryň, ylmy-barlag institutlarynyň, pudaklaýyn edaralaryň, önümçilik birleşikleriniň işgärleriniň, orta hünär we ýokary okuw mekdepleriniň mugallymlarydyr talyplarynyň, düýpli hem-de amaly ylym bilen meşgullanmaga höwesli dürli hünärdäki ýaşlaryň sany ýyl-ýyldan artýar. Döredilýän amatly şertler türkmen ýaşlarynyň ylymda täze açyşlary, umuman, tehniki ösüşi şertlendirýän barlaglara bolan gyzyklanmalarynyň artmagyny üpjün edýär. “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany” ýylynda yglan edilen ylmy bäsleşige ýaş alymlaryň we talyplaryň 1 müň 500-den gowragy gatnaşdy. Olar ylmyň, tehnologiýalaryň esasy alty ugry boýunça öz işläp taýýarlamalaryny, ylmy usullaryny, ylmy barlaglaryny hödürlediler. Bäsleşik nanotehnologiýalar, himiki tehnologiýalar, täze materiallary öwrenmek we energetika; biotehnologiýa, molekulýar biologiýa, oba hojalygy, ekologiýa we genetika; maglumat we aragatnaşyk ulgamlary, kompýuter tehnologiýalary; häzirki zaman lukmançylyk we derman serişdelerini öndürmek tehnologiýalary; innowasion ykdysadyýet; ynsanperwer ylymlar ýaly ugurlar boýunça geçirildi. Häzirki döwürde bu pudaklarda ýaýbaňlandyrylan düýpli özgertmeler, ilkinji nobatda, milli bähbitleriň üpjün edilmegine, durmuş-ykdysady ösüşiň täze sepgitlerine ýetilmegine gönükdirilendir. Bäsleşige gatnaşan ýaşlaryň 170-si ýeňijiler hökmünde saýlanyp alyndy. Abraýly bäsleşigiň ýeňijileri diýlip yglan edilen ýaşlar bu ýerde guralan dabaranyň esasy gahrymanlary boldular. Dabara gatnaşyjylaryň şowhunly el çarpyşmalary astynda ýeňijilere döwlet Baştutanymyzyň adyndan şahadatnamalar we gymmat bahaly sowgatlar gowşuryldy. Bäsleşigiň ýeňijileri ýaş nesiller hakynda edilýän hemmetaraplaýyn aladalar üçin hormatly Prezidentimize tüýs ýürekden hoşallyklaryny beýan etdiler we Watanymyzyň abraýynyň, şan-şöhratynyň belende galmagy ugrunda ähli tagallalaryny gaýgyrmajakdyklaryna ynandyrdylar. Dabaranyň ahyrynda oňa gatnaşyjylar hormatly Prezidentimiziň adyna Ýüzlenme kabul etdiler. Dabaraly çäre sungat ussatlarynyň, ýokary okuw mekdepleriniň döredijilik toparlarynyň gatnaşmagynda baýramçylyk çykyşlary bilen jemlendi.
Zehin. Innowasiýa. Ösüş
Ýurdumyzda giňden bellenilýän Ylymlar gününe gabatlanyp, Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetinde giň gerimli çäreleriň hepdeligi ýaýbaňlandyryldy. 10-11-nji iýunda utgaşykly görnüşde geçirilen «Oguz han uniwersiteti: zehin, innowasiýa, ösüş» atly halkara ylmy-amaly maslahat hem şolaryň biri boldy. Maslahatyň çäklerinde türkmen halkynyň medeniýeti we sungaty bilen tanyşdyrýan gymmatlyklaryň sergisi-de guraldy. Daşary ýurtly myhmanlaryň ýurdumyzyň ýaşlarynyň arasynda yglan edilen innowasion tehnologiýalar bäsleşigine gatnaşyjylaryň, uniwersitetiň professor-mugallymlarynyň we talyplarynyň oýlap tapyşlaryna hem-de ylmy mümkinçiliklerine baha bermeklerine amatly şert döredildi. Bu işleriň köp möçberliligi, täzeçillige baýlygy şu ýyl döredilenine 10 ýyl dolýan Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň geçen gysga döwrüň içinde innowasiýalara we oýlap tapyşlara ymtylýan zehinli ýaş nesilleri höweslendirmek işine mynasyp goşant goşýan möhüm ylym-bilim merkezine öwrülendigini görkezýär. Umumy mejlisde çykyş edenler ýurdumyzda bellenilýän Ylymlar güni mynasybetli gutlaglaryny beýan etdiler. Şeýle hem olar ähli ugurlar bilen bir hatarda ylym-bilim ulgamynda hem düýpli özgertmeleriň bolup geçýändigini aýratyn nygtadylar. Awstriýanyň Graz tehnologiýalar uniwersitetiniň professory Dewid Pommerenke çykyşynda häzirki zaman ylmynyň ösüş ugurlary, halkara tejribe alyşmalaryň ähmiýeti hem-de dürli ýurtlaryň alymlarynyň bilelikdäki gözlegleriniň netijeliligini ýokarlandyrmak meseleleri barada durup geçdi. Şunuň bilen baglylykda, täze tehnologiýalaryň önümçilige ornaşdyrylmagy, ylmy-barlag işleriniň amaly netijeleriniň giňeldilmegi hem-de ýaş alymlaryň halkara ylmy giňişlige çekilmegi boýunça pikirler öňe sürüldi. Şwesiýanyň Jönköping uniwersitetiniň gurluşyk inženerçiligi we yşyklandyryş ylymlary kafedrasynyň professory Geza Fişliň çykyşy häzirki zaman gurluşyk pudagynyň sanly özgertmeleri barada boldy. Alym binalaryň netijeliligini ýokarlandyrmak, serişdeleri tygşytly peýdalanmak hem-de Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmek üçin döredilen innowasion sanly platforma barada giňişleýin maglumat berdi. Professor öz çykyşynda gurluşygyň ähli tapgyrlaryny — taslamalaşdyrmakdan başlap, ulanyşa bermäge, durkuny täzelemäge we materiallary gaýtadan peýdalanmaga çenli döwürleri öz içine alýan bitewi sanly ulgamyň ähmiýetini nygtady. Onuň bellemegine görä, häzirki wagtda emeli aň, zatlaryň interneti (IoT), fiziki jisimleriň wirtual nusgasy bolan «sanly ekizler» (Digital Twin) ýaly çözgütler binalaryň işini has netijeli dolandyrmaga mümkinçilik berýär. Alym tarapyndan hödürlenen «Collaborative Digital Platform» atly taslama binanyň tehniki ýagdaýyny, energiýa sarp edilişini, içki gurşawyň hilini hem-de daşky gurşawa täsirini hakyky wagtda seljermäge şert döredýär. Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Waldorf uniwersitetiniň biologiýa bölüminiň müdiri, professor Gary Samuel Kumbs çykyşynda biolukmançylykda alnyp barylýan ylmy barlaglar barada durup geçdi. Alym Waldorf uniwersitetiniň Türkmenistan bilen bilim ulgamyndaky hyzmatdaşlygynyň üstünlikli ösdürilýändigini, bu ýokary okuw mekdebinde türkmen talyplarynyň hem bilim alýandygyny aýratyn belledi. Şeýle-de ol adamyň nesilden-nesle geçýän käbir myşsa kesellerini öwrenmek boýunça alnyp barylýan ylmy barlaglar barada giňişleýin gürrüň berdi. Alym häzirki zaman genetikasynyň, molekulýar biologiýanyň hem-de farmakologiýanyň gazananlarynyň bu ugurda uly mümkinçilikleri açýandygyny belledi. Ylmy topar tarapyndan geçirilen barlaglar dürli biologik modelleriň kömegi bilen täze derman serişdeleriniň täsirini öwrenmäge we geljekde lukmançylykda ulanylmagy mümkin bolan täze çemeleşmeleri kesgitlemäge şert döretdi. Günbatar Awstraliýa uniwersitetiniň professory Jeýms Filip Trewelýan häzirki zaman inženerçilik çözgütleriniň dürli ýurtlarda durmuşa geçiriliş aýratynlyklaryna ünsi çekip, tehnologiýalary ornaşdyrmakda ýerli şertleriň möhüm orun eýeleýändigini nygtady. Professor innowasiýalaryň üstünlikli ulanylmagy üçin diňe tehniki mümkinçilikleriň däl, eýsem, jemgyýetçilik, medeni we bilim aýratynlyklarynyň hem göz öňünde tutulmalydygyny belledi. Onuň pikiriçe, dünýäniň dürli künjeklerinde üstünlik gazanan tehnologik çözgütler başga bir ýerde şol bir netijäni bermek üçin degişli uýgunlaşdyrmalary talap edip biler. Munuň özi häzirki zaman ylmynda adam faktorynyň ähmiýetiniň artýandygyny görkezýär. Çykyşda ylmy-tehniki ösüşiň diňe täze enjamlaryň ýa-da tehnologiýalaryň döredilmegi bilen çäklenmän, olaryň jemgyýet tarapyndan kabul edilmegi we netijeli peýdalanylmagy bilen hem berk baglanyşyklydygy aýratyn nygtaldy. Maslahatyň çäklerinde ýurdumyzyň edara-kärhanalarynyň wekilleriniň, Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň professor-mugallymlarynyň, talyplarynyň hem-de daşary ýurtly alymlaryň gatnaşmagynda geçirilen ylmy-barlag we önümçilik işleri boýunça pikir alyşmalar toplanan tejribeleri özara baýlaşdyrmaga şert döretdi. Maslahatyň çäklerinde «Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersiteti bilen Tenaga milli uniwersitetiniň (Malaýziýa) arasynda talyp alyş-çalşygy we mobillik maksatnamasy hakynda Ylalaşyga»; «Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersiteti bilen Çanan uniwersitetiniň (Hytaý) arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama»; «Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersiteti bilen Şanhaý ylym we tehnologiýa uniwersitetiniň (Hytaý) arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama»; «Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersiteti bilen Katar Döwletindäki Doha ylym we tehnologiýa uniwersitetiniň arasynda akademiki hyzmatdaşlyk babatda özara düşünişmek hakynda Ähtnama»; «Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersiteti bilen Türkiýe Respublikasynyň «METABIO Biotechnology» kompaniýasynyň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama» gol çekildi. Munuň özi halkara ylmy-amaly maslahatyň diňe bir tejribeleri alyşmak üçin däl, eýsem, ylym ulgamynda halkara hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin hem möhüm çärä öwrülendigini görkezýär. Begli ABDYKADYROW. «Türkmenistan». Surata düşüren Ahmet TÜRŞEKOW.
Инновации на службе экологии
На днях в Туркменском государственном университете имени Махтумкули состоялась международная научно-практическая конференция в онлайн-формате «Приоритетное направление Целей устойчивого развития: Вопросы экологии и изменения климата», приуроченная ко Всемирному дню охраны окружающей среды. Данный представительный форум стал очередным свидетельством эффективности масштабной экологической стратегии, последовательно и неуклонно претворяемой в жизнь под мудрым руководством уважаемого Президента Аркадаглы Героя Сердара и Национального Лидера туркменского народа, Председателя Халк Маслахаты Туркменистана Героя-Аркадага. Прошедший форум явился ярким отражением неослабевающего внимания мирового сообщества к вопросам современности: охране окружающей среды, рачительному использованию природных ресурсов и противодействию климатическим вызовам эпохи. В авангарде решения этих глобальных процессов неизменно выступает независимый нейтральный Туркменистан. Наша Отчизна, демонстрируя высокую ответственность за будущее планеты, неуклонно претворяет в жизнь созидательную экологическую стратегию и выступает генератором международных инициатив, нацеленных на обеспечение всеобщего благополучия и успешную реализацию Целей устойчивого развития третьего тысячелетия. Мухаммет БЕРДЫЕВ.
Инновационные горизонты
В году «Независимый нейтральный Туркменистан – родина целеустремлённых крылатых скакунов» по случаю Дня науки в Инженерно-технологическом университете имени Огуз хана состоялась международная научно-практическая конференция «Университет Огуз хана: интеллект, инновации, развитие». Это мероприятие объединило участников из 22 стран мира, среди которых были преподаватели престижных вузов, видные учёные научно-исследовательских институтов, а также руководители передовых учреждений и компаний. В повестку дня конференции вошли вопросы, касающиеся взаимоотношений в приоритетных областях научных исследований, разработки и применения инновационных технологий, а также значимой роли инноваций в установлении научно-образовательно-производственных связей. Церемония открытия конференции прошла в праздничной атмосфере: на просторной площади университета развернулся этнографический городок из белых юрт, где гостей знакомили с туркменскими обычаями, традициями, угощали блюдами национальной кухни. Особый колорит мероприятию придало выступление университетского художественного коллектива «Oguzlar». Участники конференции ознакомились с выставкой инновационных технологий, созданных преподавателями и студентами университета, где особое место заняли проекты финалистов молодёжного конкурса к Дню науки. В финале престижного смотра около 200 работ, включая проекты школьников, оценивало жюри из профессоров вуза и иностранных гостей. При определении победителей специалисты учитывали актуальность, новизну, экономическую целесообразность, дизайн и готовность разработок к внедрению в реальное производство. Продемонстрированные на выставке научные проекты наглядно отразили высокий технологический потенциал вуза. Участники высоко оценили разработки в сфере цифровизации, материаловедения, генетики и технологического предпринимательства. Большой интерес также вызвали программные решения на основе искусственного интеллекта для систем кибербезопасности, новейшие химические технологии, наноматериалы и биоинженерные проекты, готовые к внедрению в реальное производство. На открытии международной онлайн-конференции были зачитаны приветственные обращения, после чего пленарное заседание продолжилось докладами о достижениях страны в сфере науки, образования и высоких технологий. Бакир Якуп, директор компании «ACVT Biotechnology» (Турецкая Республика), выступил с докладом на тему «Культура растительных тканей как фундаментальная платформа для промышленной биотехнологии: применение и стратегическое значение». Докладчик отметил, что культура растительных тканей – это не только современный метод сельскохозяйственного производства для Туркменистана, но и стратегическая технология, которая станет основой биотехнологической инфраструктуры страны. Учитывая природные климатические особенности Туркменистана, технологии культивирования тканей имеют большое значение для защиты, размножения и экономически эффективного преобразования произрастающих в дикой природе эндемичных и лекарственных растений в ценные. С помощью этой технологии Туркменистан сможет повысить сельскохозяйственную производительность, снизить зависимость от внешнего рынка, развить растительные ресурсы, устойчивые к изменению климата, и создать в будущем высокодоходные производственные мощности в фармацевтической, косметической, пищевой и фармацевтической биотехнологии. Профессор Давид Поммеренке из Грацского технологического университета в Австрии выступил с докладом на тему «Проектирование антенн с использованием инструментов искусственного интеллекта». В своём выступлении он отметил возросший интерес к коротковолновой радиосвязи, подчеркнув её важность в качестве резервной системы связи в случае сбоев в работе Интернета и спутниковой связи. Как подчеркнул профессор, проектирование антенн с использованием традиционных методов электромагнитного моделирования занимает много времени. В этой связи он продемонстрировал потенциал технологий искусственного интеллекта в улучшении проектирования антенн. Сообщалось, что учёный использовал модель-заменитель на основе искусственного интеллекта, созданную на основе 125 электромагнитных решений, что позволяет анализировать миллионы образцов за очень короткое время. Вираг Эстер Андреа, научный директор Венгерского института лекарственных растений и трав, выступила с докладом на тему «Пересечение культуры и инноваций: развитие изучения лекарственных растений посредством венгерско-туркменского сотрудничества». «Венгрия и Туркменистан имеют прочные связи в области наследия лекарственных растений, отметила она. – Это создаёт большие возможности для научного сотрудничества, сочетающего традиционные знания с передовыми методами научных исследований. В этом отношении особое научное значение имеет энциклопедический труд Национального Лидера туркменского народа «Лекарственные растения Туркменистана». Наше сотрудничество может создать эффективную платформу для научного изучения ресурсов лекарственных растений и их устойчивого использования, которые дополняют друг друга». Профессор Фэй Ван, заместитель директора Колледжа почвоведения и гидротехники Северо-Западного сельскохозяйственного и лесоводческого университета Китайской Народной Республики, выступил с докладом на тему «Устойчивое управление почвенно-водными ресурсами в засушливых районах: примеры и рекомендации из опыта Китая для Туркменистана». Он подчеркнул, что защита почвы и воды равносильна защите общества и всего мира: земля под нашими ногами – это наше будущее. Выделены три этапа политики в области почвоведения и гидротехники, которые по-разному взаимодействуют с институциональной, финансовой и технологической поддержкой. В результате реализации различных видов политики в области почвоведения и гидротехники в рассматриваемый исторический период экономическая и экологическая система сельского хозяйства постоянно совершенствовалась. Одновременно значительно сократились объёмы наносных потоков и риск наводнений. Иностранные гости и участники конференции ознакомились с комплексом «Мир знаний и киберспорт» после общего собрания международной научно-практической конференции, проходившей в университете. Здесь расположен высокотехнологичный центр для занятий киберспортом, а в лаборатории «Искусственный интеллект и ИТ» в настоящее время ведётся высокоуровневая научно-исследовательская работа. Уголок комплекса, названный «Туркменистан – страна инженерного мира», широко отражает всестороннее развитие промышленного сектора страны, архитектурные особенности города Аркадаг, где установлены интеллектуальные системы, сотрудничество, осуществляемое во имя мира, и гуманитарную политику Героя-Аркадага и Аркадаглы Героя Сердара. Почётные гости, осмотревшие стенды, посвящённые достижениям университета, открытые и введённые в эксплуатацию по инициативе Героя-Аркадага, высоко оценили выставку. Университет был открыт и введён в эксплуатацию 1 сентября 2016 года по случаю Дня знания и студенческой молодёжи с участием Героя-Аркадага. В этом году университет отмечает свой 10-летний юбилей. Как сказал наш Герой-Аркадаг в своей исторической речи на церемонии открытия вуза: «Университет, названный в честь нашего предка Огуз хана, должен стать образцовым центром образования и науки». За столь короткий исторический период университет стал одним из ведущих высших учебных заведений не только в стране, но и в регионе. За прошедший период он одним из первых был включён в списки международных организаций, определяющих рейтинги мировых университетов, таких, как Times Higher Education, Green Metric, CDIO, и занял лидирующую позицию. Престижное место университета в этом списке неуклонно укрепляется с каждым годом. В завершение международной научно-практической конференции её участники выразили искреннюю признательность Герою-Аркадагу и Аркадаглы Герою Сердару за всемерную поддержку и особое внимание к модернизации национальной системы образования. В своих выступлениях они пожелали руководству страны здоровья и долголетия, подчеркнув, что создание великолепных условий для внедрения инновационных технологий служит прочным фундаментом для достижения устойчивого экономического развития страны. Вепа ОВЕЗОВ, старший преподаватель кафедры социальных наук Инженерно-технологического университета имени Огуз хана. Фото Максата ГЫЛЫДЖОВА.
Döwrebap ösüşleriň binýady
Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynda Ylymlar güni mynasybetli «Ylym we bilim XXI asyrda» ady bilen guralan halkara maslahat bu ugurda hyzmatdaşlygy giňeltmekde, mugallymçylygyň döwrebap usullaryny ara alyp maslahatlaşmakda hem-de ýaş alymlaryň ylym-bilimlerini kämilleşdirmekde möhüm ähmiýete eýe boldy. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda ylym-bilimi kämilleşdirmek, bu ugra sanly tehnologiýalary giňden ornaşdyrmak, halkara gatnaşyklary ösdürmek döwlet syýasatynyň möhüm wezipeleriniň hatarynda durýar. Ýokary okuw mekdeplerinde ylmy barlaglar giň gerimde alnyp barylýar. Professor-mugallymlaryň, talyplaryň döredijilikli gözlegleri goldanylýar. Öňdebaryjy dünýä tejribelerini milli ulgama sazlaşykly ornaşdyrmak üçin giň mümkinçilikler döredilýär. Türkmenabat şäherindäki baýry ýokary okuw mekdebinde guralan maslahat hem hut şu asylly işleriň aýdyň beýany boldy. Türkmen, rus we iňlis dillerinde utgaşykly görnüşde geçirilen halkara maslahata dünýäniň 15 döwletinden — Amerikanyň Birleşen Ştatlaryndan, Russiýa Federasiýasyndan, Belarusdan, Germaniýadan, Türkiýeden, Hytaýdan, Ýaponiýadan, Owganystandan, Eýrandan, Hindistandan, Azerbaýjandan, Gazagystandan, Gyrgyzystandan, Özbegistandan hem-de Türkmenistandan ýokary okuw mekdepleridir ylmy edaralaryň 50-den gowragyndan 350-ä golaý wekil gatnaşdy. Olaryň 150-den gowragynyň daşary ýurtlardandygy maslahatyň halkara ähmiýetini has-da artdyrdy. Maslahatyň açylyşy we umumy mejlisi institutyň «Altyn nesil» medeniýet merkezinde boldy. Onda ýokary okuw mekdebiniň wekilleri bilen dürli döwletlerden gelen görnükli alymlar hem çykyş etdiler. Gadymy Lebabyň taryhy ýadygärliklerini öwrenmekde köp sanly ylmy gözlegleri alyp baran russiýaly professor Albert Burhanow öz çykyşynda Orta Amyderýanyň sag kenaryndaky orta asyr Nawidah şäheriniň galyndylarynda geçirilen taryhy-arheologik barlaglaryň netijeleri barada aýtdy. ABŞ-dan mikrobiologiýa ylymlarynyň doktory, professor Kakajan Kömürow howply täze döremeleri bejermegiň usullary hakyndaky ylmy garaýyşlaryny paýlaşdy. Şeýle hem Türkiýeden professor Berdi Saryýew atlaryň grammatik derejelerini öwretmekde türki dil daragtynyň ähmiýetine ünsi çeken bolsa, Germaniýadan Şerzad Hakimow türki diller üçin tebigy dili gaýtadan işlemegiň gurallary baradaky pikirlerini öňe sürdi. Ýokarda ady agzalanlardan başga-da, Russiýadan, Gazagystandan, Azerbaýjandan we Türkmenistandan alymlaryň çykyşlarynda bilim, psihologiýa, edebiýat, amaly himiýa, emeli aň tehnologiýalary ýaly ugurlar boýunça möhüm pikir-garaýyşlar orta atyldy. Forumyň işi bäş bölümde dowam etdi. «Taryh, jemgyýetçilik ylymlary we medeni miras» atly birinji bölümde milli mirasy öwrenmek, taryhy çeşmeleriň ylmy ähmiýeti, medeniýetleriň özara gatnaşygy, Bitarap Türkmenistanyň sebit hyzmatdaşlygyndaky orny, ýaş nesle watançylyk terbiýesini bermekde metbugatyň we edebi mirasyň ähmiýeti ýaly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. «Ýaş nesle bilim bermegiň döwrebap usullary» atly ikinji bölümde pedagogikanyň iň wajyp ugurlary — interaktiw usul bilen okatmak, sanly bilim gurşawy, emeli aň tehnologiýalary, inklýuziw bilim, tankydy pikirlenmäni ösdürmek, daşary ýurt dillerini öwretmegiň häzirki zaman usullary, ýaş hünärmenleri taýýarlamak ýaly meseleler boýunça çykyşlar diňlenildi. Üçünji bölüm filologiýanyň häzirki zaman meselelerine bagyşlandy. Onda dil öwreniş, edebiýat, terjime nazaryýeti, frazeologiýa, terminologiýa, köp dillilik, sanly gurşawda dil öwrenmegiň aýratynlyklary, türkmen diliniň baý sözlük düzümi we edebi mirasyň ylmy taýdan özleşdirilişi barada gyzykly çykyşlar edildi. «Tebigy ylymlar we ekologiýada durnukly ösüş» atly bölümde ekologik howpsuzlyk, biodürlülik, suw serişdeleri, Aral deňzi bilen bagly meseleler, oba hojalygynda we tebigy ylymlarda sanly tehnologiýalaryň ulanylyşy, «ýaşyl» ösüş, wirtual barlaghanalar, STEAM bilimi ýaly ugurlar ara alnyp maslahatlaşylyp, soňky bölüm takyk ylymlara we sanly tehnologiýalara bagyşlandy. Olarda matematika, informatika, emeli aň, sanly bilim platformalary, hasaplaýyş tehnologiýalary, maglumatlar bilen işlemek, talyplaryň döredijilikli pikirlenmesini ösdürmek ýaly ugurlar boýunça çykyşlar edildi. Jemleýji mejlisde geçirilen işleriň netijeleri barada bölümleriň ýolbaşçylary tarapyndan hasabatlar berildi. Çykyşlarda forumyň ähmiýetli geçendigi, ylym bilen bilimiň häzirki zaman meselelerini çözmekde, halkara gatnaşyklary pugtalandyrmakda, ýaş nesliň ylma höwesini artdyrmakda möhüm ädim bolandygy bellenildi. Maslahatdaky çykyşlar ýakyn geljekde gollanma hökmünde çap ediler. Halkara maslahata gatnaşyjylar ýurdumyzda ylmy täze belentliklere çykarmak babatda uly tagallalary edýän Gahryman Arkadagymyza we Arkadagly Gahryman Serdarymyza tüýs ýürekden alkyş aýtdylar. Agageldi ITALMAZOW. (Öz habarçymyz).
Hünärim — hormatym
Hormatly Prezidentimiziň bilim özgertmeleriniň netijesinde ýurdumyzda hünär-tehniki bilimiň hili ýokarlandyrylyp, jemgyýete peýdaly işleriň ähli esasy ugurlary boýunça hünärli işgärleri taýýarlamaga uly üns berilýär. Hünär bilimini alýanlaryň ussatlygynyň ýokarlanmagynda, hünär derejeli işçileri taýýarlamakda önümçilik we tejribe okuwlary, hünär bäsleşikleri oňyn netije berýär. 6-njy iýunda Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň guramagynda S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetinde hem-de Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrliginiň Söwda hünär-tehniki okuw mekdebinde hünär-tehniki bilim maksatnamasyny amala aşyrýan bilim edaralarynyň ýaşlarynyň arasynda «Hünär ussatlygy» atly bäsleşigiň jemleýji döwlet tapgyry geçirildi. Oňa gatnaşmak üçin ýurdumyzyň çar künjeginden hünär-tehniki bilim alýan ýaşlar, olaryň halypa mugallymlarydyr ussalary paýtagtymyza ýygnandylar. Bäsleşigiň geçirilen ýeri özboluşly hünär baýramçylygyna öwrüldi. Rahmanberdi GÖKLEŇOW. «Türkmenistan».
Mugallymyňyza hemişe minnetdar boluň!
«Çaga gowy bilim we mynasyp terbiýe berip bilseň, bir ajaýyp gün ol okuwçy öz mugallymynyň adyny arşa göterer». Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň hem-de Gahryman Arkadagymyzyň alyp barýan döwlet syýasatynda bilim ulgamyna aýratyn orun berilýär. Islendik döwletiň kuwwaty onuň bilimli, terbiýeli we watansöýüji ýaşlaryna baglydyr. Şeýle ýaşlary terbiýeläp ýetişdirmekde mugallymlara aýratyn orun degişlidir. Gahryman Arkadagymyz mugallymçylyk kärine ýokary baha berip: «Mugallym çaganyň kir-kimirsiz, arassaja düşünjesine düýp alsyn, şinelesin diýip bilimiň tohumlaryny sepýär, munuň üçin ylhamyny, zähmetini, bilimini, tejribesini sarp edýär. Diňe öz ömrüni bu käre bagyşlan adamlar öz zähmetiniň netijesini görmegiň nähili ýakymlydygyny bilerler» diýip belleýär. Milli Liderimiziň nygtaýşy ýaly, mugallym — okuwçynyň akyl taýdan ösüşine, onuň ruhy dünýäsiniň baýlaşmagyna, watançylyk duýgularynyň artmagyna uly goşant goşýan jogapkärli käriň eýesidir. Mugallymçylyk käriniň ähmiýetine düşünmek üçin, halkymyzyň baý edebi mirasyna we taryhy çeşmelere ser salmak ähmiýetlidir. Çünki geçmişiň beýik akyldarlary hem mugallymy kämil bilim berýän we ynsany ruhy belentlige göterýän mukaddeslik hökmünde hormatlapdyrlar. Taryhyň sahypalaryna ser salsak, dünýäniň ylmy we ruhy ösüşiniň düýbünde hemişe mugallymyň zähmetiniň bardygyny görýäris. Gündogaryň beýik akyldarlary Faraby, Biruny, Ibn Sina, Magtymguly Pyragy öz halypalaryna we mugallymlaryna bolan çuňňur hormatyny eserlerinde ebedileşdiripdirler. Sebäbi mugallym her bir şahsyýetiň ruhy dünýäsiniň nusgalyk binagäridir. Halkymyzda «Mugallym — saýaly çynar» diýen ajaýyp jümle bar. Mugallymçylyk — bu diňe bir hünär däl, eýsem, özüňde uly jogapkärçiligi duýmakdyr. Çaganyň kalby ak kagyza meňzedilýär. Mugallym şol kagyza durmuşyň iň gowy pursatlaryny, ýagşy gylyk-häsiýetleri ýazýar. Mugallymyň çeken zähmeti, sarp eden wagty we beren mähri nesilleriň aňynda ömürlik galýar. Gündogaryň nusgawy edebiýatynyň altyn hazynasyna giren «Kowusnama» eserinde mugallyma bolan minnetdarlyk duýgusy iň belent ynsanlyk borjy hökmünde beýan edilýär. XI asyrda ýaşap geçen Keý-Kowus öz ogly Gilanşaha berýän her bir öwüdiniň dowamynda: «Mugallym maňa şeýle diýipdi», «Mugallym maňa şeýle öwredipdi» diýen jümleleri ulanmak bilen, özüniň kämil şahsyýet bolup kemala gelmeginde mugallymyň hyzmatynyň uly bolandygyny ýaňzydýar. Ol ogluna we bütin adamzat nesline: «Mugallymyňyza hemişe minnetdar boluň!» diýip sargyt etmek arkaly ylym beren ynsanyň sarpasyny belent tutmagyň hakyky mertlik we asyllylykdygyny nygtaýar. Anuşteginler nesilşalygyndan bolan horezmşalar Atsyzyň, Il Arslanyň, Soltan Tekeşiň köşgünde ýokary döwlet wezipelerini eýelän Reşideddin Watwatyň (1087 — 1177) kämil şahsyýet bolup kemala gelmeginde ilkinji mugallymy Abu Sagyt Harawynyň aýratyn orny bardyr. Reşideddin Watwatyň ilkinji mugallymyna bolan çuňňur hormatyna göz ýetirmekde onuň biziň günlerimize çenli saklanyp galan resmi hatlary taryhy çeşme hökmünde ýardam edýär. Watwatyň ilkinji mugallymyna ýazan hatlarynyň birinde şeýle goşgy setirleri bar: Abu Sagyt, sensiň şöhratym-şanym,Ylymda hanym sen hem-de soltanym. Ylym bossanyna girizdiň meni,Ýyldyzlardyr Aý hem togaplar seni. Ylym göwher täjin geýdiň sen başa,Ylymyň paýlaşdyň, bakmadyň ýaşa. Reşideddin Watwatyň hormatdan doly bu goşgy setirleri mugallymçylyk käriniň hemişe-de arzyly bolandygyny, mukaddeslik hasaplanandygyny bütin aýdyňlygy bilen subut edýär. Kätip öz mugallymyny «ylymdaky soltan» diýip atlandyrmak bilen, hakyky bilim berýän adamyň şanynyň hemme zatdan belentdigini görkezýär. «Ylym bossanyna girizdiň meni» diýen jümle bolsa mugallymyň şägirdiniň öňünde tutuş bir täze dünýäni açandygyny, ony garaňkylykdan ýagtylyga çykarandygyny aňladýar. Şeýle hem Watwat Abu Sagyt Harawanyň Balh we Nyzamyýe medreselerindäki bitiren hyzmatlaryny, onuň suhangöýlük sungatyndaky ussatlygyny uly buýsanç bilen ýatlaýar. Reşideddin Watwatyň: «Ol edebiýat ylmynda meniň gözümi açdy, ylym şerbetinden gandyrdy we meni abraý donuna besledi» diýen sözleri hakyky mugallymyň okuwçysynyň durmuşyny neneňsi özgerdip bilýändiginiň subutnamasydyr. Bu barada Gahryman Arkadagymyz «Älem içre at gezer» romanynda şeýle nygtaýar: «Çaga gowy bilim we mynasyp terbiýe berip bilseň, bir ajaýyp gün ol okuwçy öz mugallymynyň adyny arşa göterer». Kätip Watwatyň halypasyna bagyşlap aýdan şeýle setirleri bolsa mugallymyň şägirdiniň ykbalyndaky tutýan uly ornuny görkezýär: Abraý-derejämi göteren sensiň,Maksatly ak ýola ataran sensiň.Maňa bilim berip, ylym öwredip,Şeýtanyň alyndan gutaran sensiň. Bu setirler Mahmyt Kaşgarlynyň (XI asyr) «Türki dilleriň diwany» eserindäki «Bagt nyşany — bilim» diýen oguz nakylynyň özboluşly dowamydyr. Sebäbi şol «bagt nyşanyna» ýetirýän hem, şägirdi ýalňyş ýollardan saklap, ony ylym nury bilen zynatlandyrýan hem mugallymdyr. Munuň, hakykatdan-da, şeýledigine Gahryman Arkadagymyzyň atasy, ussat mugallym, edermen esger, ilhalar ynsan Berdimuhamet Annaýewiň ömür hem pedagogik ýoly nusgalyk mysaldyr. Ol öz ömrüniň bütin many-mazmunyny hakyky mugallymçylykda gören beýik şahsyýetleriň biridir. Milli Liderimiz «Älem içre at gezer» romanynda bu barada: «Berdimuhamet Annaýew özüniň ömrüniň manysynyň, mazmunynyň hakyky mugallym bolmakdygyna göz ýetirdi. Eger-de oňa dünýäniň ähli baýlygyny berip, bu niýetiňden el çek diýseler, ol bu hazynany bir gapdala süýşürip, mugallymçylyk esbaplaryny garbap alardy hem-de özüni diýseň bagtly adam saýardy. Dogrudanam, her öňýeten gowy mugallym bolup biläýenok, gowy mugallym bolup dogulmak gerek...» diýip belleýär. Milli Liderimiziň bu sözleri mugallymçylygyň hormatly hünär bolmak bilen birlikde, ylahy zehin we belent ynsanperwerlikdigini hem tassyklaýar. Hormatly Prezidentimiziň hem-de Gahryman Arkadagymyzyň durmuşa geçirýän döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri hem ýaş nesle kämil bilim we edep-terbiýe bermek bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr. Şoňa görä-de, alym Arkadagymyzyň nygtaýşy ýaly, «Durmuşyň manysyna ýaňy düşünip ugran ýüzlerçe çagalar üçin mugallym ynsan ähliniň nusgasydyr, göreldesidir. Onuň her bir sözi, her bir hereketi mikroskopda görülýän ýaly, ýüzlerçe çaga gözlerinden geçip dur. Mugallymyň çagalara berýän pentleri ýöne gury sözler bolman, eýsem, onuň ähli edim-gylymlarynda, onuň şahsy mysalynda öz beýanyny tapmalydyr. Onuň häsiýetiniň iň ajaýyp taraplary çagalar üçin nusga bolmalydyr». Bu jümleler mugallymçylyk käriniň her bir şahsyýetiň tutuş geljegini kemala getirýän «beýik ruhy akademiýadygyny» görkezýär. Taryha adyny ýazan beýik ynsanlaryň öz halypalaryna bolan sarpasy şu günki ýaşlarymyz üçin görelde mekdebidir, mugallymlarymyz üçin bolsa şol belent hormata mynasyp bolmak jogapkärçiligidir. Läle ALLABERDIÝEWA, Hydyr Derýaýew adyndaky Mugallymçylyk mekdebiniň mugallymy.
Mertlik mekdebiniň beýany
Osman Ödäýewiň türkmen taryhy barada iň şowly çykan uly göwrümli eserleriniň biri «Altynjan hatyn». Roman XI asyrda Gündogarda dabarasy dag aşan Togrul beg hem onuň ýakynlary hakynda söhbet açýar. Bu roman üç bölümden ybarat bolup, olar: «Birinji kitap: gelejek», «Ikinji kitap: heminzaman» we «Üçünji kitap: geçmiş». Bu uly üç bölüm hem öz mazmunyna laýyk sözbaşyly onlarça bölümleri öz içine alýar. Kitabyň ahyrynda «Sözsoňy» bölüminde romanda beýan edilýän wakalaryň taryhy seneleriniň getirilmegi hem aýratyn bellärliklidir. Eserde Altynjan hatynyň çagalygyndan tä ömrüniň ahyrky ýyllaryna çenli (1017 — 1060 ý.) wakalar beýan edilýär. Kitaby okanyňda, bu zenanyň şeýle owadan, syratly bolandygy, gaýratly, dogumly, akylly-başly, hiç bir ýigitden peslär ýaly däldigi, hatda söweş tilsimlerindenem ussatlyk bilen baş çykaryp bilýän keşbi göz öňüňde janlanýar. Onuň bu häsiýetleri, ukyp-başarnyklary eserdäki dürli söweş sahnalarynda, Togrul beg bilen ilki tanşan pursady oňa pert-pert jogaplarynda, durmuş toýundaky wakalaryň barşynda hasam aýdyň ýüze çykýar. Munuň sebäbi bolsa kakasynyň Altynjany çagalygyndan edil erkek oglan ýaly dogumly edip terbiýelemeginde diýip, ynamly aýtsa bolar. Gahrymanlaryň başdangeçirmeleri, olaryň beýik gahrymançylyklary, şeýle hem türkmen halkynyň şöhratly taryhynyň bolandygy, onda merdana pederlerimiziň öçmejek yz galdyrandygy okyjyda buýsanç duýgusyny döredýär. Romanda ýazyjynyň galam ýöredişine mahsus täzeçe filosofiki pikir öwrümler we aýtgylar, bölümleriň sözbaşylary has-da täsirli bolupdyr. Ynha, kitapda getirilýän sözbaşylardan käbirleri: «Balyň bal bolsa, siňek Bagdatdan geler»; «Sowan demir egrelmez»; «Ýakynyň ýolan sakgaly bitmez»; «Töwekgeliň aty ýyndam»; «Göz — terezi, köňül — kazy»; «Zenan ömri garaşmak»; «Ýaşlygyň ýarany — arzuw, garrylygyňky — ýatlama»; «Göz — hakykat, söz — güman». Ine, şuňa meňzeş täsirli pikirler eseriň tutuş mazmunynda häli-şindi gabat gelýär. Ýöne olaryň ählisini bir makalanyň dowamynda beýan etmek kyn, gowusy, muny okyjylaryň özlerine goýýarys. Ýazyjy Osman Ödäýewiň «Altynjan hatyn» romanyny okan her bir okyjy bulara has aýdyň göz ýetirse gerek. Eserden parçalar: ► Bozuk araba bilen uzaga gidip bolanok. Ýalan — bozuk araba, onuň bilenem uzaga gidip bolanok; ► Çünki türkmende gaýyn-guda arasynda dostluk bolmaýar, diňe sylaşyk saklanýar; ► Gorky bar ýerinde ýeňiş ýokdur. Dünýäniň eşreti gorky-ürkini bilmeýän kişileriň öňünde açylýandyr. Çünki eşret, bagt mülküniň gapysynyň sakçysy gorkudyr. Ol mülke diňe gorkusy bolmadyk kişiler goýberilýär; ► Altynjan sallançagyň iň ýokary hetde ýetip säginýän sähel salymlyk togtaýan pursadyny ejesiniň «gyz ömri» diýip atlandyryşyny ýatlaýar. Sallançagyň iň ýokary galan pursady — gyzlyk döwri; ► Adamlara ähli döwürlerde iň ýetmeýän zat özlerine mynasyp bahanyň, ünsüň berilmeýänligidir. Adamlar özlerine gowy baha berilmegine mydama teşne. Şol teşneligi gandyrýan kişiler iň gowy kişilerdir; ► Diňe erkek bilbiller saýraýandyr, mäkiýan bilbiller saýramaýar, wasp etmek, saýramak Taňry tarapyn diňe erkeklere berlendir; ► Diňe islegde çäk ýok... Oguljan GARRYÝEWA, Türkmen döwlet medeniýet we sungat mekdebiniň talyby.
Ylym-bilim — beýik ösüşleriň gözbaşy
Ýurdumyzyň ösüşi ylym-bilim bilen berk baglanyşyklydyr. Berkarar Watanymyzda Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallalary netijesinde ylmyň ösdürilmegine we ylymly, bilimli hünärmenleriň döredijilikli zähmet çekmeklerine giň mümkinçilikler döredilýär. Ylym-bilimiň ösýän zamanynda ýaş hünärmenleriň, alymlaryň taýýarlanmagyna, olaryň kämilleşmegine uly üns berilýär. Munuň özi röwşen geljegi üpjün etjek aýdyň maksatlardan alamatdyr. Ýaş alymlaryň kämilligi, olara döredilýän giň mümkinçilikler ylym-bilimiň şu gününi we röwşen geljegini üpjün edýär. Şol bir wagtda ylym bilen meşgullanýan hünärmenleriň sanynyň artmagyna hem ýardam edýär. Döwletgeldi ÇARWAÝEW, Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň ylmy işler boýunça prorektory.
Döwrebap ugurlar ösdürilýär
Türkmenistanda ylmyň ösdürilmegine döwlet tarapyndan aýratyn ähmiýet berilýär. Çuňňur ylmy-amaly barlaglary geçirmek, öňdebaryjy ylmy gözlegler boýunça amala aşyrylýan işleriň gerimini giňeltmek boýunça zerur şertler döredilýär. Täze maglumat-kommunikasiýa tehnologiýalaryny ornaşdyrmak, ylym edaralaryň we ýokary okuw mekdepleriniň maddy-tehniki binýadyny pugtalandyrmak babatda toplumlaýyn işler amala aşyrylýar. Ylym adamzadyň taryhynda iň uly gazananlarynyň biridir. Şonuň üçin ylym jemgyýetiň ösüşine itergi berýän esasy güýçdür. Taryhyň dowamynda ylym ynsanyň dünýägaraýşyny giňeltdi, täze açyşlary ýüze çykardy. Gadymy döwürlerden bäri tebigatyň kanunlaryny öwrenmäge bolan isleg artdy. Bu bolsa biziň häzirki zaman tehnologiýalaryna, lukmançylykdaky üstünliklere we ýaşaýyş şertlerimiziň ýokarlanmagyna getirdi. Gülnäz GURBANOWA, Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň uly mugallymy.
Taslama bäsleşigi
Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary bilen ýurdumyzyň bilim-ylym ulgamy ösdürilýär, bu ugurda halkara hyzmatdaşlygyna giň gerim berilýär. «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at myradyň mekany» ýylynda ýurdumyzda giňden bellenilýän Ylymlar güni mynasybetli uniwersitetimizde «Oguz hanyň zehinli nesilleri» atly IV integrirlenen olimpiadanyň hem-de ýaşlaryň arasynda geçirilýän innowasion tehnologiýalaryň taslama bäsleşiginiň jemleýji tapgyry üstünlikli geçirildi. Bu olimpiadanyň esasy maksady ýurdumyzyň zehinli okuwçylaryny ýüze çykarmakdan, olary bir bitewi «altyn gazna» jemlemekden hem-de geljekde ylmy-tehniki ösüşe goşant goşjak ýaşlary kemala getirmekden ybaratdyr. Munuň ähmiýetli tarapy olaryň ýeňijileriniň uniwersitetimize okuwa kabul edilmekde möhüm artykmaçlyga eýe bolmagydyr. Ýyllaryň dowamynda bu bäsleşikde ýeňiji bolan zehinli ýaşlaryň aglabasy uniwersitetimiziň talyby bolup, häzirki wagtda diňe bir okuwda däl, eýsem, halkara derejedäki ylmy bäsleşiklerde hem ýurdumyzyň abraýyny has ýokary galdyrýarlar. Merjen ISAÝEWA, Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň okuw bölüminiň esasy hünärmeni.
Ylymly nesiller — ýurduň geljegi
Jemgyýetiň ösüşi hem-de durmuş ulgamynyň özgermegi ylym-bilim bilen berk baglanyşyklydyr. Şoňa görä-de, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyz tarapyndan başy başlanan we hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilýän maksatnamalarda öňdebaryjy innowasion tejribäniň giňden ornaşdyrylmagyna möhüm ähmiýet berilýär. Şu jähetden, her ýylyň 12-nji iýunynda Ylymlar gününiň bellenilmegi ähli ösüşlerimiziň ylym bilen aýrylmaz baglanyşyklydygyny aýdyň görkezýär. Hormatly Prezidentimiz: «Taryhy gelip çykyşyny müňýyllyklardan alyp gaýdýan türkmen halky ähli döwürlerde ylymda sebit derejesinde hem, dünýä derejesinde hem uly üstünlikleri gazanypdyr. Ylym dünýäsine belent derejelere ýeten şahsyýetleri beren biziň halkymyz hiç bir döwürde hem ylymdan üzňe bolmandyr» diýip, ýurdumyzda ylmy gözlegleriň binýadyny berkitmegiň hem-de yzygiderli döwrebaplaşdyrmagyň zerurdygyny, bu babatda ýaşlara uly ynam bildirilýändigini nygtaýar. Ylym her bir şahsyýetiň kämilligi, jemgyýetiň we döwletiň berkararlygy, bakylygy hem-de dowamaty üçin uly ähmiýete eýedir. Altyn ROZYÝEWA, Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň uly mugallymy, filologiýa ylymlarynyň kandidaty.
Ýaşlyk. Zehin. Yhlas
Sungat ynsan kalbynyň iň näzik duýgularyny, halkyň ruhy baýlygyny bütin gözelligi bilen açyp görkezýär. 5-nji iýunda paýtagtymyzyň gözel künjekleriniň birinde ýerleşýän «Aşgabat» aýdym-saz merkezinde geçirilen «Talyp joşguny — 2026» atly döredijilik festiwalynyň jemleýji tapgyry hem uly sungat baýramynyň, ýaşlyk owazynyň beýanyna öwrüldi. Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşiniň hem-de Bilim ministrliginiň bilelikde guramagynda ýokary okuw mekdepleriniň talyp ýaşlarynyň arasynda her ýyl yglan edilýän döredijilik festiwaly milli medeniýetimizi we sungatymyzy dabaralandyrmakda möhüm ähmiýete eýedir. Milli medeniýetimiziň köpöwüşginli many-mazmunyny ýaş nesilleriň kalbyna guýmak, olaryň aýdym-saz, tans we halk döredijiligi ugrundaky zehin uçgunlaryny ýüze çykarmak maksady bilen guralan bu döredijilik festiwaly uly ruhubelentlige beslendi. Festiwalyň deslapky tapgyrlary ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerinde guraldy. Döwlet derejesindäki jemleýji tapgyra bolsa öz ukyp-başarnyklary bilen tapawutlanmagy başaran iň zehinli talyp toparlary gatnaşmaga hukuk gazandylar. Muhammetmyrat BÄŞGULYÝEW, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Aşgabat şäher geňeşiniň başlygynyň wezipesini ýerine ýetiriji.
Biotehnologiýa — janly organizmleriň ylmy goragy
Häzirki wagtda ykdysadyýetiň döwrebap ösüşi, esasan, üç ugruň, ýagny biotehnologiýalaryň, nanotehnologiýalaryň hem-de maglumat we aragatnaşyk tehnologiýalaryň ösüşi bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr. Bu ugurlar boýunça innowasiýa tehnologiýalary esasynda ylym, bilim önümçiligi utgaşdyrmak babatda döwrebap işler durmuşa geçirilýär. Hormatly Prezidentimiz «Türkmenistanda biotehnologiýany toplumlaýyn ösdürmegiň 2024 — 2028-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasyny» tassyklamak hakynda gol çeken Karary biotehnologiýanyň esasynda ýurdumyzda ösen biosenagaty emele getirmegiň ylmy esaslaryny işläp düzmek bilen bagly alnyp barylýan işleriň nobatdaky beýanyna öwrüldi. Biotehnologiýa mikroorganizmleri senagatda ulanmaga gönükdirilen ylmy-tehnologik innowasion ösüşiň wajyp ugurlarynyň biri bolmak bilen, ylmyň we önümçiligiň çalt ösýän hem-de toplumlaýyn pudagyna öwrüldi. Amaly-ylmy barlaglaryň ykdysadyýetdäki ýagdaýlardan üzňe bolmazlygyny gazanmak hem-de dünýä ylmynyň we tehnologiýalaryň geljegi uly bolan ugurlary boýunça innowasion ösüş mümkinçilikleri döretmek döwrüň talabydyr. Şoňa laýyklykda ylym ulgamynyň kuwwatyny, adamyň aň-bilim mümkinçiliklerini artdyrmak bilen, milli ykdysadyýetimiziň innowasiýalara, tehnologiýalara we öňdebaryjy tejribelere daýanýan ösüşini üpjün etmäge, ylmyň, tehnologiýalaryň, önümçiligiň hem-de pudaklaryň arabaglanyşygyny pugtalandyrmaga möhüm ähmiýet berilýär. Mukam EKÄÝEW, Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň mugallymy, tehniki ylymlaryň kandidaty.
Zehinli ýaşlar sylaglandy
Düýn Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetinde ýokary okuw mekdebiň ýolbaşçylarynyň, professor-mugallymlarynyň, talyplaryň, okuwçylaryň gatnaşmagynda «Oguz hanyň zehinli nesilleri» atly IV integrirlenen olimpiadanyň hem-de ýaşlaryň arasynda geçirilýän innowasion tehnologiýalaryň taslama bäsleşiginiň ýeňijilerini sylaglamak dabarasy boldy. Onda çykyş edenler Milli Liderimiziň, hormatly Prezidentimiziň ýaş nesil baradaky tagallasy netijesinde şeýle çäreleriň yzygiderli geçirilip, olaryň indi aýdyň netijeleri berip başlandygyny buýsanç bilen bellediler. Bu ýyl geçirilen olimpiadanyň ilkinji tapgyryna ýurdumyzyň ähli etraplaryndan 22 müňden gowrak okuwçynyň gatnaşmagy onuň geriminiň giňdigini we ýaşlaryň arasynda uly gyzyklanma döredýändiginiň aýdyň görkezdi. Birinji tapgyrdan üstünlikli geçen 2 müň 500-den gowrak okuwçy ikinji tapgyrda öz bilimini we ukyp-başarnygyny synady. Netijede, iň güýçli 68 okuwçy jemleýji tapgyra gatnaşmaga hukuk gazandylar. Ýörite habarçymyz.
Научные инициативы молодёжи
В Туркменском сельскохозяйственном университете имени С.А.Ниязова на днях состоялось награждение победителей международного конкурса научно-проектных работ «Роль молодёжи в достижении Целей устойчивого развития». Этот форум, приуроченный к Всемирному дню окружающей среды и 35-летию независимости Туркменистана, прошёл под девизом года «Независимый нейтральный Туркменистан – родина целеустремлённых крылатых скакунов», что символизирует стремление страны к прогрессу и развитию. В ходе церемонии награждения ректор Туркменского сельскохозяйственного университета имени С.А.Ниязова отметил важность подобных инициатив для формирования научного сообщества, ориентированного на устойчивое развитие и инновации. Он подчеркнул, что поддержка молодёжи и создание условий для реализации её потенциала является приоритетом государственной политики Туркменистана. Гозел ДЖАПБАРОВА, «НТ». Фото Сагита БАТАЛОВА.
Durnukly ösüşiň bähbidine iň gowy ylmy taslamalar
Daşky gurşawy goramagyň bütindünýä güni mynasybetli S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň Türkmenistanyň Bilim, Oba hojalyk, Daşky gurşawy goramak ministrlikleri bilen bilelikde guramagynda ýurdumyzyň hem-de daşary ýurtlaryň ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda «Durnukly ösüşiň maksatlaryna ýetmekde ýaşlaryň orny» atly ylmy taslama bäsleşiginiň ýeňijilerini sylaglamak dabarasy geçirildi. Bu bäsleşik Türkmenistanyň ylym-bilim ulgamyndaky halkara hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmak, ýurdumyzyň we daşary ýurtlaryň ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda dostlukly gatnaşyklary berkitmek, talyplaryň döredijilik ukyp-başarnyklaryny, ylmy gözleglere, hünärine bolan höwesini artdyrmak maksady bilen, dördünji gezek guraldy. Durnukly ösüş maksatlaryna bagyşlanan bäsleşigiň I tapgyryna ýurdumyzdan hem-de Azerbaýjandan, Bangladeşden, Belarusdan, Eýrandan, Gazagystandan, Hytaýdan, Malaýziýadan, Özbegistandan, Pakistandan, Rumyniýadan, Russiýadan, Türkiýeden 150-ä golaý iş hödürlenip, olar eminler topary tarapyndan içgin seljerildi. Netijede, onuň II tapgyryna 45 sany ylmy taslama gatnaşdyryldy. (Ýörite habarçymyz). Surata düşüren Ilaman ÇÜRIÝEW.
Маршрутами дружбы
дним из приоритетных направлений внешней политики Туркменистана, реализуемой под руководством Президента Сердара Бердымухамедова, выступает укрепление конструктивного и взаимоуважительного сотрудничества со странами Азии. Исторически сложившиеся связи, основанные на духовной близости, культурном взаимодействии и взаимном уважении, формируют прочную основу для дальнейшего развития многостороннего партнёрства. Особое значение в этом контексте приобретает туркмено-индийский диалог, который в последние годы демонстрирует устойчивую динамику и наполняется новым содержанием. Индия, являясь одним из ключевых центров мировой экономики и инновационного развития, выступает для Туркменистана важным партнёром. Взаимодействие двух стран опирается на принципы равноправия, доверия и взаимного учёта интересов, что создаёт благоприятные условия для расширения сотрудничества в различных сферах. Ата ХОДЖАМБЕРДЫЕВ, ведущий специалист Центрального совета Молодёжной организации Туркменистана имени Махтумкули.
Nebitgazçylaryň täze nesli
Häzirki wagtda ýurdumyzyň ähli sebitlerinde bolşy ýaly, Balkan welaýatynyň bilim ojaklarynda hem ýaş nesle döwrebap bilim bermekde we hünär öwretmekde netijeli işler alnyp barylýar. Bu babatda «Türkmennebit» döwlet konserniniň Balkanabat nebitçilik orta hünär okuw mekdebinde hem netijeli işler durmuşa geçirilýär. Orta hünär okuw mekdebinde 1 müň 300-den gowrak talyba nebitgaz, himiýa, elektrik we beýleki tehniki ugurlar boýunça hünärleriň 20-den gowragy öwredilýär. Mekdepde doly derejede görkezme esbaplary, sanly ulgamyň mümkinçilikleri bilen üpjün edilen 50 sany synp otagy, himiýa we fizika barlaghanalary, lukmançylyk otagy hem-de beýlekiler hereket edýär. Şeýle hem mekdebiň web saýty, içerki bilim portaly we elektron kitaphanasy talyplaryň häzirki döwrüň öňdebaryjy tejribelerini maksadalaýyk özleşdirmeklerine ýardam berýär. Wirtual äýnekleriň kömegi bilen, okuw mekdebiniň içine syýahat etmek boýunça programma üpjünçiligi talyplaryň sanly dünýä aralaşmaklary üçin uly mümkinçilikleri döredýär. Häzirki wagtda bu ulgamy okuw we okuw-önümçilik işlerine ornaşdyrmak boýunça hem taslamalar taýýarlanylýar. Ýurdumyzyň bilim ojaklarynda elektron usuly toplumlaryň döredilmegi we maglumat gorunyň baýlaşdyrylmagy bilim bermegiň başlangyç ädimlerinden başlap, okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmekden hem-de bilim berlişiniň ýokary hilini gazanmakdan ybaratdyr. Arazguly HUDAÝGULYÝEW. (Öz habarçymyz).