Daş-töwerekde bolup geçýän wakalary ýandepderçäme belläp goýmagy gowy görýärin. Ýöne žurnalist bolmak diňe bir habar ýazmakdan ybarat däl. Sözüň uly güýçdügi barada mugallymlarymyz kän aýdardy. Metbugat sahypalarynda çap edilýän dürli görnüşli makalalar bilen tanyş bolanymyzda, olaryň her biriniň ýazylyş aýratynlyklarynyň bardygyna göz ýetirýäris. Men olary içgin öwrenip, öz ýazan makalalarym bilen «Türkmenistan sport» halkara žurnalynda hem-de «Edebiýat we sungat» gazetinde birnäçe gezek çykyş etdim.
«Žurnalistika — ähli kärleriň kesişýän ýeri» diýýärler. Islendik habardyr makalany taýýarlajak bolanyňda, maglumatlary içgin öwrenmeli bolýar. Ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň birnäçesinde talyp ýaşlar žurnalistika hünäri boýunça bilim alýarlar. Şeýle hem Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşiniň ýanyndaky Maglumat, maslahat beriş we meýletinçilik hereketiniň işleri boýunça merkeziniň halypa-şägirtlik ýörelgelerini kämilleşdirmek maksady bilen her hepdede geçirilýän «Ýaş şahyrlar we žurnalistler» atly gurnagynda gyzykly, täsirli çykyşlar edilýär. Onda ussat halypalar bu hünäriň inçe syrlaryny ýaş höwesjeňlere öwredýärler.
Watanymyzyň nurana geljegi bolan ýaşlaryň dünýä dillerini öwrenmekleri we häzirki zaman tehnologiýalaryny kämil derejede özleşdirmekleri üçin giň şertler döredilýär. Men hem daşary ýurt dillerini ürç edip öwrenýärin. Dürli dillerde makalalary ýazmaga höwes edýärin. Hemişe gözlegde bolmagy we yzygiderli öwrenmegi, hemme zatdan habarly bolmagy talap edýän bu hünär ýolunyň ilkinji basgançaklarynda mugallymlarym maňa ýakyndan ýardam berdi. Öňümde goýan baş maksadym bolsa hut şu ugur boýunça ýokary bilim alyp, Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň halkymyzyň eşretli durmuşyna, ýurdumyzyň belent ösüşlerine gönükdirilen beýik işlerini dünýä ýaýmaga öz goşandymy goşmakdan ybarat.
Biz — bagtyýar ýaşlar Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe, ajaýyp zamanada okap, bilim alýarys. Goý, bize şeýle mümkinçilikleri döredip berýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, il-ýurt bähbitli, dünýä ähmiýetli beýik işleri hemişe rowaçlyklara beslensin!