Täzelikler
Bilim ulgamynyň iň soňky täzelikleri we resmi habarlary.
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň taryhy ähmiýeti barada syýasy tegelek stol gepleşigi
2026-njy ýylyň 23-nji iýulynda Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetinde Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň taryhy ähmiýeti, Garaşsyzlyk ýyllary içinde ýurdumyzda ýetilen sepgitler hem-de ata Watanymyzyň ýangyç-energetika pudagynda gazanylan üstünlikleri wagyz etmek maksady bilen syýasy gepleşik ýazgy edildi. Gepleşige Türkmenistanyň Mejlisiniň we köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri, nebit-gaz toplumynyň hünärmeni hem-de Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň mugallymy gatnaşdylar. Gatnaşyjylar öz çykyşlarynda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň ýurdumyzyň jemgyýetçilik-syýasy durmuşynda iň ýokary wekilçilikli edara bolmak bilen, döwlet derejesindäki binýatlayjy kararlaryň kabul edilýän mekanydygyny, ýangyç-energetika toplumynyň bolsa Türkmenistanyň ykdysadyýetiniň «altyn sütüni» bolup durýandygyny belläp geçdiler. Bilşimiz ýaly, «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany» ýyly diýlip yglan edilen 2026-njy ýylda hem her ýylda däp bolşy ýaly, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisi mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllyk toýunyň öňisyrasynda, has takygy 23-nji sentýabrynda geçirilmegi meýilleşdirilýär. Ähli halk bu şanly dabarany, ählumumy mejlisi ýokary guramaçylykly geçirmek boýunça taýýarlyk işlerine agzybirlikde işjeň gatnaşýarlar. Türkmenistanyň Halk Maslahatynda kabul edilýän kararlar ýangyç-energetika pudagynyň diňe bir ykdysady binýadyny berkitmän, eýsem ýurdumyzyň halkara giňişligindäki abraýyny, energetika durnuklylygyny hem-de milli eýeçiligi täze belentliklere göterýär. Pudaga dünýä derejesindäki innowasiýalaryň girizilmegi we milli bähbitlere esaslanýan energetika syýasaty geljekki nesiller üçin uly binýat döredýär. Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersiteti
Galmyk döwlet uniwersitetinde geçirilen Olimpiadanyň netijeleri yglan edildi
Russiýa Federasiýasynyň B.B.Gorodowikow adyndaky Galmyk döwlet uniwersiteti tarapyndan “Rus dili we ülkäni öwreniş” dersinden onlaýn görnüşinde halkara olimpiada geçirildi. Olimpiada Hytaý Halk Respublikasynyň, Mongoliýanyň, Wýetnamyň, Taýland Patyşalygynyň, Türkiýe Respublikasynyň, Eýran Yslam Respublikasynyň, Yragyň, Siriýanyň, Gazagystanyň, Afrikanyň ýokary okuw mekdeplerinden we Türkmenistan boýunça “Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersiteti bilen B.B.Gorodowikow adyndaky Galmyk döwlet uniwersitetiniň arasynda özara hyzmatdaşlyk etmek hakynda Ähtnamanyň” çäklerinde Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinden, jemi 200-den gowrak talyp ýaşlar gatnaşdylar. Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň rus dili we edebiýaty kafedrasynyň mugallymy Jennet Şamyýewanyň ýolbaşçylygynda Olimpiada gatnaşan rus dili we edebiýaty hünäriniň 5-nji ýyl talyby Oguldursun Akmuhammedowa ýeňiji diýlip yglan edildi, rus dili we edebiýaty hem-de taryh hünärleriniň beýleki talyplary baýrakly II orna mynasyp boldular. Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersiteti
Täze sepgitleri nazarlap
Hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda ýurdumyzyň bilim ulgamyny dünýäniň ösen döwletleriniň derejesine ýetirmäge gönükdirilen özgertmeler üstünlikli durmuşa geçirilýär. Berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe bilim ulgamynda durmuşa geçirilýän düýpli özgertmeler milli we oňyn dünýä tejribesini özünde jemlemek bilen mekdebe çenli çagalar edaralaryndan başlap, bilim edaralarynyň ähli basgançaklarynda bilim berlişiniň derejesini düýpli ýokarlandyrmaga ýardam edýär. Döwlet syýasatynyň ileri tutulýan möhüm ugurlarynyň biri hökmünde ýurdumyzyň geljegi bolan ýaş nesliň irki ýaşdan başlap beden taýdan sagdyn, ruhy taýdan kämil ösüp kemala gelmegi, döwrebap bilim we terbiýe almagy üçin ähli şertler döredilýär. Türkmenistanyň hormatly Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň:« Ýaş nesillerimiziň bilimleriň we ylymlaryň esaslaryny, akyl we fiziki zähmet endiklerini özleşdirmekleri, olarda ýokary ahlak sypatlaryny, sagdyn durmuş ýörelgelerini terbiýelemek üçin mugallymlarymyz hemişe döredijilik gözleginde bolmalydyr» diýen sözlerinden ugur alyp, 2026-njy ýylyň iýul aýynyň 23-i 24-i Aşgabat şäherindäki 127-nji ýöriteleşdirilen çagalar bagynda Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkezi bilen ylalaşylyp, Türkmenistanyň Bilim ministrligi tarapyndan her okuw ýylynda yglan edilýän we geçirilýän «Körpe nesliň saglygy – ýurdumyzyň baýlygy», «Bereketli türkmen saçagy» atly bäsleşikleriň jemleýji döwlet derejesindäki tapgyry geçirildi. Mekdebe çenli çagalar edaralarynyň şepagat uýalarynyň (doganlarynyň) gatnaşmaklarynda geçirilýän “Körpe nesliň saglygy – ýurdumyzyň baýlygy” we aşpezleriň arasynda geçirilýän «Bereketli türkmen saçagy» atly bäsleşikler “Saglyk” döwlet maksatnamasyndan gelip çykýan wezipeleri durmuşa ornaşdyrmakda, çagalaryň jan-saglygyny goramakda, bedenini berkitmekde, arassaçylyk kadalarynyň talaplaryny doly berjaý etmekde, çagalaryň ýeke-täk talaplara laýyklykda iýmitlemeklerini üpjün etmekde tapawutlanyp, yhlasly işleýän şepagat uýalaryny we aşpezleri höweslendirmek we olaryň göreldeli çekýän zähmetini ýüze çykarmak hem öňdebaryjy iş tejribelerini ýaýratmak maksady bilen geçirilýär. Bäsleşigiň jemleýji döwlet tapgyryna deslapky tapgyrlarda ýeňiji bolan şepagat uýalary we aşpezler gatnaşdylar. Bäsleşik iki tapgyrda geçirilip, onuň birinji tapgyrynyň dowamynda gatnaşyjylar wideosidi ýazgynyň üsti bilen alyp barýan işleri barada gürrüň berdiler, syýasy we hünär taýýarlygyna degişli soraglara jogap berdiler. Bäsleşigiň ikinji tapgyrynda bolsa şepagat uýalary bir günlik tagamnamany düzdiler, aşpezler bolsa şol tagamnama esasynda çagalara naharlar , içgiler we işdäaçar taýýarladylar. Mekdebe çenli çagalar edaralarynyň şepagat uýalarynyň gatnaşmaklarynda geçirilen “Körpe nesliň saglygy – ýurdumyzyň baýlygy” bäsleşiginiň jemleýji tapgyrynda baş baýraga Aşgabat şäheriniň 142-nji çagalar bakja-bagynyň şepagat uýasy Sapargül Amannepesowa, aşpezleriň arasynda geçirilen «Bereketli türkmen saçagy» atly bäsleşiginiň jemleýji tapgyrynda baş baýraga Lebap welaýatynyň Farap etrabynyň 15-nji çagalar bakja-bagynyň aşpezi Sahabat Nabijanowa mynasyp boldular. Bäsleşikleriň ýeňijileri we bäsleşige işjeň gatnaşan şepagat uýalary we aşpezleri Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň hormat hatlary hem-de Türkmenistanyň Bilim işgärleriniň Kärdeşler arkalaşygynyň Milli merkeziniň gymmat bahaly sowgatlary bilen sylaglandy. Pursatdan peýdalanyp, bilim ulgamyny ösdürmäge, kämilleşdirmäge giň mümkinçilikleri döredip berýän, biziň gelejegimiz bolan ýaş nesliň hemmetaraplaýyn kämil şahsyýetler bolup ýetişmekleri ugrunda gije-gündiz alada edýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza çaksiz sagbolsun aýdarys. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň hem-de Mähriban Arkadagymyzyň janlary sag, ömürleri uzak, belent başlary aman bolsun, il bähbitli, ýurt ähmiýetli alyp barýan tutumly işleri rowaçlyklara beslensin! Maral Pirliýewa Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň Mekdebe çenli bilim bölüminiň başlygynyň w.w.ý.ý.
DÖWLET GARAŞSYZLYGYMYZYŇ ŞANLY 35 ÝYLLYGYNA BAGYŞLANAN YLMY-USULY MAKALALARYŇ ÝYGYNDYSY ÇAPDAN ÇYKARYLDY
Ýakynda Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň «Ylym» neşirýaty tarapyndan «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe umumybilim maksatnamalary boýunça tebigy ugurly dersleri okatmagyň usulyýetiniň derwaýys wezipeleri we olary çözmegiň ýollary. Ýlmy-usuly makalalar ýygyndysy» atly uly göwrümli kitap çapdan çykaryldy. Türkmenistanyň döwlet Garaşsyzlygynyň şanly 35 ýyllygyna bagyşlanyp çap edilen bu ýygyndyda «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myratdyň mekany» şygary astynda geçirilýän 2026-njy ýylyň 24-25-nji martynda Türkmenistanyň Bilim ministrligi, Türkmenistanyň Milli bilim instituty, Lebap welaýat Baş bilim müdirligi tarapyndan Türkmenabat şäherinde geçirilen «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe umumybilim maksatnamalary boýunça tebigy ugurly dersleri okatmagyň usulyýetiniň derwaýys wezipeleri we olary çözmegiň ýollary» atly usuly-amaly maslahata gatnaşan usulyýetçi alymlaryň, mugallymçylyk ugurly ýokary we orta hünär mekdepleriniň, hem-de umumybilim berýän orta mekdepleriň öňdebaryjy, täzelikçi mugallymlarynyň hödürlän ylmy-usuly, usuly-amaly makalalary ýerleşdirildi. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe milli bilim ulgamyny toplumlaýyn ösdürmek, ony hil we mazmun taýdan täze derejä çykarmak döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Häzirki döwürde Gahryman Arkadagymyzyň döwletli başlangyçlaryny üstünlikli dowam etdirýän Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda milli bilim ulgamyny döwrebaplaşdyrmakda giň gerimli işler alnyp barylýar. «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 – 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynda» kesgitlenen düýpli wezipelerden ugur alyp, milli bilim ulgamy yzygiderli döwrebaplaşdyrylýar, mekdebe çenli, orta, başlangyç hünär, orta hünär, ýokary hünär bilimi edaralaryndaky okuwlaryň ýokary hili üpjün edilýär. Milli bilim ulgamyny döwrebaplaşdyrmagyň çäginde bu ulgamyň maddy-enjamlaýyn binýadyny berkitmäge uly üns berilýär. Döwlet we Milli maksatnamalara laýyklykda, bu maksatlar üçin goýulýan maýa goýumlaryň möçberi her ýyl artdyrylyp, ýurdumyzyň çar künjünde bilim maksatly binalaryň gurluşygy üstünlikli amala aşyrylýar. Olar döwrebap tehnologiýalar, okuw-tehniki enjamlar bilen yzygiderli üpjün edilýär. Munuň özi okuw sapaklaryny innowasion usullardan peýdalanyp guramaga doly mümkinçilik berýär. Netijede, ösüp gelýän ýaş nesle berilýän bilimiň hili has-da ýokarlanýar. Okatmagyň täzeçe, ýokary netijeli usullaryny we maglumat tehnologiýalaryny özleşdirýän mugallymlaryň hünär derejesi ýokarlandyrylýar, şeýle hem daşary ýurtlaryň bilim edaralary bilen gatnaşyklar ösdürilýär. Bularyň hemmesi ýaşlarymyzyň döwlet we halkara derejelerde geçirilýän zehin bäsleşiklerinde baýrakly orunlara mynasyp bolmagyna giň ýol açýar. Belli bolşy ýaly, Türkmenistanyň Prezidentiniň 2020-nji ýylyň 4-nji dekabrynda çykaran Karary bilen «Türkmenistanda tebigy we takyk ylmy ugurlara degişli dersleri okatmagy kämilleşdirmegiň Konsepsiýasy» tassyklandy. Bu Konsepsiýanyň esasy maksady sanly ulgamyň mümkinçiliklerinden peýdalanyp, tebigy we takyk ylmy ugurly dersleri okatmagyň mazmunyny baýlaşdyrmak we usulyýetini döwrebaplaşdyrmak arkaly bilim we terbiýe bermegiň hilini has-da ýokarlandyrmakdan we halkara ülňülere laýyk getirmekden ybarat bolup durýar. Türkmenistanyň Prezidentiniň 2024-nji ýylyň 25-nji maýynda gol çeken Karary bilen tassyklanan «Türkmenistanda umumybilim maksatnamalary boýunça okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmegiň 2028-nji ýyla çenli Konsepsiýasy» hem-de «Türkmenistanda umumybilim maksatnamalary boýunça okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmegiň 2028-nji ýyla çenli Konsepsiýasyny amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň Meýilnamasy» milli bilim ulgamyny döwrebaplaşdyrmagy täze hil derejesine çykarýan möhüm resminamalardyr. Täze bilim Konsepsiýasynda halkara bilim maksatnamalarynyň görkezijilerini milli bilim ulgamyna ornaşdyrmak boýunça işleri alyp barmakda, olaryň esasynda yzygiderli seljermeleri geçirmekde anyk maksatlar hem-de wezipeler kesgitlenendir. «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe umumybilim maksatnamalary boýunça tebigy ugurly dersleri okatmagyň usulyýetiniň derwaýys wezipeleri we olary çözmegiň ýollary» atly usuly-amaly maslahata gatnaşan usulyýetçi alymlaryň, mugallymçylyk ugurly ýokary okuw hem-de umumybilim berýän orta mekdepleriň öňdebaryjy, täzelikçi mugallymlarynyň hödürlän ylmy-usuly, usuly-amaly makalalary ýygyndyda aşakdaky bölümler boýunça ýerleşdirildi: I bölüm. «Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň nusgalyk kitaplarynyň ösüp gelýän ýaş nesle tebigy ylymlar ugruna degişli okuw dersleri boýunça ýokary hilli bilim we mynasyp edep-terbiýe bermekdäki omy we ähmiýeti». II bölüm. «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe biologiýa dersini okatmagyň usulyýetiniň derwaýys wezipeleri we olary çözmegiň ýollary». III bölüm. «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe himiýa dersini okatmagyň usulyýetiniň derwaýys wezipeleri we olary çözmegiň ýollary». IV bölüm. «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe tebigaty öwreniş, ekologiýa, geografiýa derslerini okatmagyň usulyýetiniň derwaýys wezipeleri we olary çözmegiň ýollary». Bu ýygyndyda ýerleşdirilen makalalarda «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022–2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynda», «Türkmenistanda tebigy we takyk ylmy ugurlara degişli dersleri okatmagy kämilleşdirmegiň Konsepsiýasynda», «Türkmenistanda umumybilim maksatnamalary boýunça okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmegiň 2028-nji ýyla çenli Konsepsiýasynda» kesgitlenen maksatlardan we wezipelerden gelip çykýan derwaýys wezipeleri çözmek we olaryň çözülişiniň ýollary boýunça alnyp barylýan ylmy-usuly we usuly-amaly, okuw-terbiýeçilik işleri, bu möhüm ugurda toplanylan mugallymçylyk tejribeleri dogrusynda gymmatly maglumatlar, usuly maslahatlar beýan edilen. Türkmenistanyň hormatly Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň gymmatly tabşyryklaryna laýyklykda, ösüp gelýän nesle bilim bermek we terbiýelemek bilen bir hatarda, okuwçylaryň we talyplaryň arasynda has zehinli ýaşlary ýüze çykarmak, olary döwlet we halkara derejelerinde geçirilýän zehin bäsleşiklerine taýýarlamagyň wajyp meseleleri, olary çözmegiň ýokary netijeli ýollary baradaky maglumatlar hem bu ýygyndyda ýerleşdirilen makalalarda öz aýdyň beýanyny tapýar. Häzirki zaman bilim ulgamynda pedagogika ylmy tarapyndan işlenip taýýarlanylan okatmagyň innowasion usullaryny, häzirki döwrüň bilim maksatnamalaryny hem-de okuw materiallaryny peýdalanmagyň möhümdigi, şunda daşary ýurtlaryň abraýly ylym-bilim merkezleriniň öňdebaryjy tejribesini öwrenmek, olar bilen hyzmatdaşlygy giňeltmek babatynda durmuşa geçirilýän giň gerimli işler, bu möhüm ugurda milli bilim ulgamynda toplanylan baý mugallymçylyk tejribesi baradaky gymmatly maglumatlar hem ady agzalan makalalar ýygyndyda ýerleşdirilen. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň «Ýaşlar – Watanyň daýanjy» atly kitabynda: «Terbiýe we tejribe – ynsan ykbalynyň goşa ganaty. Alan terbiýämiz ykbalymyza, alnymyza täsir edýär. Amal edýän her işimiz tejribämize öwrülýär. Tejribe bolsa diňe özüň gazanylýan, ýöne il-gün bilen paýlaşylýan hazynadyr» diýip, örän jaýdar belleýär. Bu pähimli sözler häzirki we geljekki mugallymlar üçin baş ýörelgedir. Şu gymmatly ýörelgeden ugur alyp, ylmy-usuly makalalar ýygyndysynda tebigy ylmy ugra degişli dersleri okatmagyň mysalynda gündelik alnyp barylýan okuw-terbiýeçilik işlerinde nesil terbiýesiniň derwaýys meseleleri, olary çözmek boýunça milli bilim ulgamynda toplanylan baý mugallymçylyk iş tejribeler baradaky maglumatlar, usuly maslahatlar hem öz beýanyny tapypdyr. Pedagogik işgärleriň hünär derejesini ýokarlandyrmak, mugallymçylyk ussatlygyny kämilleşdirmek, aýratyn hem bilim ulgamyna sanly serişdeleriň giň gerim bilen ornaşdyrylýan şertlerinde mugallymlaryň sanly başarnyklaryny ösdürmegiň netijeli usullary, bu möhüm ugurda ýurdumyzda durmuşa geçirilýän işler (bilim platformalarynyň, elektron kitaphanalaryň, döwlet we halkara derejelerinde geçirilýän zehin bäsleşiklerine (olimpiadalara) taýýarlyk görmäge degişli maslahatlaryň, sanly okuw kitaplarynyň we ş.m. döredilişi, olary peýdalanmagyň usullary) baradaky zerur usuly maslahatlar hem täze çapdan çykan ylmy-usuly makalalar ýygyndysynda beýan edilen. Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow halkymyza peşgeş beren «Hakyda göwheri» atly nusgalyk kitabynda şeýle ýazýar: «Men hemişe öwrenýän, bilmäge jandan höwesek adamlara sarpa goýýaryn. Özümem hemişe öwrenmegi, dyngysyz okamagy berk durmuş ýörelgesi hökmünde öňden ykrar etdim. Öwrenmek, bilmek durmuşyň bütin dowamynda saňa örän gerek. Sen näçe okumyş, erjel hem bolsaň, her bir ugruň hem öz tapylgysyz ussatlarynyň bardygyny unutma! Olara hut şonuň üçin hem sarpa goýmagy başar. Sebäbi her bir işde ussatlyga ýetmek, uçursyz uly zehiniň we yhlasyň, ukybyň miwesidir» diýip ýazýar. Gahryman Arkadagymyzyň bu pähimli sözlerini we gymmatly sargytlaryny durmuşda özüne ýol-ýörelge edinen her bir bilim işgäri, kalby hyjuwdan doly buýsançly ýaşlar söhbeti edilýän ylmy-usuly makalalar ýygyndysyndan köp sanly gymmatly usuly maslahatlary tapyp bilerler. Eziz Watanymyzyň mukaddes döwlet Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly toýuna bagyşlanyp neşir edilen «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe umumybilim maksatnamalary boýunça tebigy ugurly dersleri okatmagyň usulyýetiniň derwaýys wezipeleri we olary çözmegiň ýollary. Ylmy-usuly makalalar ýygyndysy» atly bu kitap bilim ulgamynda zähmet çekýän usulyýetçi alymlar, pedagoglar, hünärmenler, mugallymçylyk ugurly ýokary we orta hünär okuw mekdepleriniň talyplary, magistrler, aspirantlar üçin niýetlenen. Mundan başga-da, bu ýygyndy tebigy ylmy ugra degişli okuw derslerini okatmagyň dürli meseleleri bilen gyzyklanýanlar üçin hem peýdaly bolup biler. Sapargeldi DURDYÝEW, Türkmenistanyň Milli bilim institutynyň Bilim Işgärleriniň hünärini kämilleşdiriş bölüminiň müdiri, biologiýa ylymlarynyň doktory, dosent.
Студент из Туркменистана прошел обучение в Летней школе журналистики ОБСЕ–2026
Студент 1-го курса факультета международной журналистики Института международных отношений МИД Туркменистана Юсуп Оразов принял участие в Летней школе журналистики ОБСЕ–2026. Образовательный интенсив проходил с 28 июня по 12 июля в Таджикистане. Проект организован Программным офисом ОБСЕ в Душанбе при поддержке Представительства ЕС в Таджикистане для молодых специалистов и будущих журналистов стран Центральной Азии. Для участия в программе были отобраны всего 20 студентов из ведущих вузов региона. Программа обучения была сосредоточена на стандартах профессиональной этики, развитии медиаграмотности и методах борьбы с дезинформацией. В рамках практической части участники посетили государственный телеканал Safina, где ознакомились с работой студий, спецификой прямого эфира и процессом создания новостных выпусков. По итогам прохождения курса Юсупу Оразову вручен официальный международный сертификат. Проект стал площадкой для обмена опытом и установления профессиональных связей среди молодых медиаспециалистов Центральной Азии. ORIENT
Мост Ашхабад – Кент – Флоренция: студенты МУГНиР завершают академическую стажировку в Италии
В одном из крупнейших центров мировой культуры и науки — итальянской Флоренции — подходит к завершению второй этап летней учебно-практической программы Международного университета гуманитарных наук и развития (МУГНиР). Инновационный образовательный проект реализован в рамках Меморандума о взаимопонимании между МУГНиР и ведущим Кентским государственным университетом (Kent State University, США). Эта стажировка стала одним из ключевых событий академического сезона, объединив интенсивные научные исследования с прикладной практикой на международных площадках. Второй этап программы был выстроен на пересечении высокой учебной нагрузки и погружения в уникальную историко-культурную среду региона. Будущие дипломаты, экономисты и гуманитарии не только прошли курс профильных дисциплин под руководством международных лекторов, но и отработали навыки исследовательского анализа в живом диалоге с зарубежными коллегами. Как отметили организаторы, студенты МУГНиР продемонстрировали высокий уровень академической базы, целеустремленность и свободное владение иностранными языками, что подтвердило конкурентоспособность туркменской высшей школы на мировом уровне. Приобретенный методический багаж, опыт работы в интернациональных командах и сформированные профессиональные контакты станут для молодых ученых надежным фундаментом при подготовке их дипломных и научно-исследовательских работ в Ашхабаде.
Türkmenistan Ankarada adam maýasyny strategik meýilnamalaşdyrmak we durnukly ösüş boýunça çemeleşmelerini hödürledi
Türkmenistan 2026-njy ýylyň 22–24-nji iýulynda Ankara şäherinde geçirilen BMGÖM-niň Ösüş strategiýasy we maliýeleşdiriş platformasynyň çäklerindäki syýasaty işläp taýýarlamak boýunça sebit maslahatynda adam maýasynyň ösdürilmegine we onuň ykdysady özgertmelerdäki ornuna bolan garaýyşlaryny hödürledi. Çäre döwlet edaralarynyň wekillerini, BMGÖM-niň ýolbaşçylaryny, Ýewropa we Merkezi Aziýa ýurtlarynyň bilermenlerini strategik meýilnamalaşdyrmak, ösüşi maliýeleşdirmek, maglumatlary netijeli peýdalanmak we döwlet syýasatynyň durmuşa geçirilişini kämilleşdirmek boýunça tejribe alyşmak üçin bir ýere jemledi. Türkmenistanyň hödürlän çemeleşmesiniň merkezinde adam maýasy ykdysady ösüşiň esasy hereketlendiriji güýçleriniň biri hökmünde çykyş edýär. Bilime goýulýan maýa goýumlary adam maýasynyň hilini ölçemek mümkin bolanda we hünärmenleri taýýarlamak ykdysadyýetiň häzirki hem-de geljekki zerurlyklary bilen gönüden-göni baglanyşdyrylanda has ýokary ykdysady netijeliligi üpjün edýär. Soňky ýyllarda Türkmenistanda ýokary bilime elýeterlilik giňeldildi, bilim standartlary we maksatnamalary täzelendi, ýokary okuw mekdepleriniň işiniň netijelerini yzygiderli seljermäge mümkinçilik berýän sanly baha beriş we reýting ulgamy ornaşdyryldy. Bu tejribe möhüm ýörelgäni görkezýär: netijeler ölçenilýän we aýdyň bolanda, maglumatlar hili ýokarlandyrmagyň we dolandyryşy kämilleşdirmegiň amaly guralyna öwrülýär. Indiki ädim bu çemeleşmäni zähmet bazary we ykdysady ösüş bilen gönüden-göni baglanyşdyrmakdan ybaratdyr. Türkmenistan BMGÖM bilen bilelikde bilimiň we başarnyklaryň hilini, demografik meýilleri hem-de geljekde taýýarlanjak hünärmenleriň sanyny zähmet bazarynyň islegi, öndürijilik we ykdysady ösüşiň geljegi bilen utgaşdyrýan adam maýasyny strategik meýilnamalaşdyrmak çemeleşmesini ösdürýär. Şeýle hem Türkmenistanyň işläp taýýarlan demografik-ykdysady modeli we ssenariý prognozlaşdyrmak üçin programma üpjünçiligi hödürlenildi. Olar bilim, iş üpjünçiligi, başarnyklary ösdürmek we öndürijilik boýunça dürli çözgütleriň zähmet serişdelerine hem-de ykdysady ösüşe ýetirip biljek täsirini bahalandyrmaga mümkinçilik berýär. Esasy maksat üznüksiz ulgamy döretmekdir: adam maýasyna baha bermek → ykdysadyýetiň geljekki zerurlyklaryny çaklamak → bilim we hünär taýýarlygyny uýgunlaşdyrmak → iş üpjünçiliginiň we öndürijiligiň netijelerini seljermek → döwlet syýasatyny degişli derejede kämilleşdirmek. Türkmenistanyň demografik mümkinçiliklerini nazara almak bilen, esasy wezipe adam mümkinçiliklerini ýokary öndürijilige, innowasiýalara, tehnologik ösüşe we ýokary goşulan gymmaty döredýän ykdysady işjeňlige öwürmekden ybaratdyr. Adam maýasy diňe şu günki ykdysadyýetiň zerurlyklaryna jogap bermän, eýsem geljegiň ykdysadyýetini kemala getirýän esasy güýçleriň birine öwrülmelidir. Türkmenistanyň Bilim ministrligi
Türkmenistanyň mekdep okuwçylary Şanhaýda geçirilen halkara dostluk lagerinde ýurdumyzyň baý medeni mirasyny üstünlikli tanyşdyrdylar
Şu ýylyň 12–22-nji iýuly aralygynda Hytaý Halk Respublikasynyň Şanhaý şäherinde geçirilen 20-nji Şanhaý halkara ýaşlar interaktiw dostluk lagerine (20th Shanghai International Youth Interactive Friendship Camp) Türkmenistanyň wekiliýetiniň düzümindäki mekdep okuwçylary üstünlikli gatnaşdylar. Dünýäniň 17 döwletinden 107 sany mekdep okuwçysyny bir ýere jemlän bu halkara çäre ýaşlaryň arasynda dostluk gatnaşyklaryny pugtalandyrmaga, medeni alyşmalary giňeltmäge we halklaryň özara düşünişmegini ösdürmäge gönükdirildi. Lageriň maksatnamasynyň çäklerinde geçirilen “Mini-Expo” medeniýet sergisinde türkmen okuwçylary ýurdumyzyň baý milli-medeni mirasyny mynasyp derejede tanyşdyrdylar. Türkmenistanyň milli diwarlygynda gadymy taryhy-medeni gymmatlyklar, milli däp-dessurlar, milli lybaslar, dünýä meşhur türkmen halylary we beýleki milli gymmatlyklar görkezildi. Bu sergi daşary ýurtly gatnaşyjylarda uly gyzyklanma döretdi. On günlük lageriň dowamynda türkmen okuwçylary Şanhaý şäheriniň taryhy we döwrebap künjeklerine baryp gördüler, adaty hytaý lukmançylygynyň esaslary boýunça amaly sapaklara hem-de Suçžou şäherinde ýüpek ýelpawaçlaryny taýýarlamak boýunça ussatlyk sapaklaryna gatnaşdylar. Halkara lager ýaşlaryň bilim, medeniýet we döredijilik ugurlarynda tejribe alyşmagyna, dürli halklaryň medeniýetlerine hormat goýmak duýgusyny berkitmäge we täze dostluk gatnaşyklaryny ýola goýmaga giň mümkinçilik döretdi. Türkmenistanyň ýaş wekilleriniň bu abraýly halkara çärä gatnaşmagy ýurdumyzyň ýaşlar syýasatynyň üstünlikli durmuşa geçirilýändigini hem-de türkmen ýaşlarynyň halkara giňişligindäki işjeň ornunyň barha pugtalandyrylýandygyny görkezýär. Şeýle hem bu çäre Türkmenistan bilen Hytaý Halk Respublikasynyň arasynda bilim, medeniýet we ýaşlar syýasaty ulgamlarynda strategik hyzmatdaşlygyň yzygiderli ösdürilýändiginiň hem-de iki dostlukly ýurduň arasyndaky gatnaşyklary has-da pugtalandyrmaga hyzmat edýändiginiň aýdyň beýany boldy. Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ýaşlaryň halkara hyzmatdaşlyga işjeň gatnaşmagy üçin döredilýän giň mümkinçilikleriň netijesinde türkmen okuwçylary dünýäniň dürli ýurtlarynda geçirilýän halkara çärelere mynasyp gatnaşyp, ýurdumyzyň abraýynyň has-da belende galmagyna goşant goşýarlar.
Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň talyplarynyň Florensiýa şäherinde guralýan tomusky tejribe-okuw saparynyň ikinji tapgyry dowam edýär
Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda häzirki wagtda Türkmenistanyň bilim ulgamyny ösdürmek, kämil hünärmenleri taýýarlamak maksady bilen halkara hyzmatdaşlygy giňeltmek, ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleri bilen daşary ýurt döwletleriniň bilim edaralarynyň hyzmatdaşlygyny ýola goýmak ugrunda uly işler alnyp barylýar. Bu babatda aýdanlarymyzy bolsa ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň daşary ýurtlaryň ýokary okuw mekdepleri bilen halkara hyzmatdaşlygy netijesinde gazanýan oňyn netijeleri aýdyňlygy bilen subut edýär. Ýaňy ýakynda “Türkmenistanda ýokary hünär bilimini ösdürmegiň 2026-2052-nji ýyllar üçin Strategiýasynda” bilim ulgamyny kämil derejede ösdürmek, ýokary bilimli hünärmenleri taýýarlamak ugrunda kesgitlenen wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmek, ýokary hünär bilimine degişli öňdebaryjy usullary we özara hyzmatdaşlygy ösdürmek maksady bilen, Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň talyplary hem Italiýa Respublikasynyň Florensiýa şäherine ugradyldy. Bu tomusky tejribe-okuw sapary Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Kent döwlet uniwersitetiniň Italiýanyň Florensiýa şäherindäki şahamçasy tarapyndan gelen çakylyk haty esasynda guraldy. Häzirki wagtda bu tejribe-okuw saparynyň ikinji tapgyry dowam edýär. Mälim bolşy ýaly, Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersiteti bilen Kent döwlet uniwersitetiniň arasynda özara düşünişmek hakyndaky Ähtnama ABŞ-nyň Ogaýo ştatynyň Kent şäherinde gol çekilipdi. Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň talyplarynyň Italiýadaky bu tomusky tejribe-okuw sapaklary, türkmen ýaşlarynyň dünýä ylmy we bilimi bilen aýakdaş barýandygynyň aýdyň subutnamasydyr. Ýokary okuw mekdepleriň arasyndaky şeýle netijeli hyzmatdaşlyk, ýurdumyz üçin halkara derejede bäsleşige ukyply, giň gözýetimli we öz işiniň ussasy bolan hünärmenleri taýýarlamakda möhüm ädim bolup durýar. Bularyň ählisi bolsa, Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly GahrymanSerdarymyzyň ylym-bilim ulgamynda halkara hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak ugrunda alyp barýan beýik işleriniň oňyn netijesidir. Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersiteti
Türkmenistanyň Bilim ministrliginde türk wekiliýeti bilen duşuşyk geçirildi
Türkmenistanyň bilim ministri Jumamyrat Gurbangeldiýew bilen Türk aeronawtika birleşigi uniwersitetiniň rektory, professor, doktor Rahmi Eriň arasynda duşuşyk geçirildi. Duşuşyga iki ýurduň bilim we awiasiýa ulgamlarynyň wekilleri gatnaşdylar. Duşuşykda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň hem-de türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň aýratyn ünsi netijesinde ýurdumyzyň bilim ulgamynda amala aşyrylýan özgertmeler barada bellenildi. Taraplar Türkmenistan bilen Türkiýe Respublikasynyň arasynda bilim we ylym ulgamyndaky hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýy, şeýle hem awiasiýa pudagy üçin hünärmenleri taýýarlamak boýunça mümkinçilikler barada pikir alyşdylar. Professor Rahmi Er uniwersitetiň işi we uçarmanlary taýýarlamak boýunça alnyp barylýan hyzmatdaşlyk barada maglumat berdi. Gepleşikleriň dowamynda raýat awiasiýasy, uçuş howpsuzlygy, awiasiýa tehnologiýalary, logistika, emeli aň we kiberhowpsuzlyk ugurlarynda hyzmatdaşlygy ösdürmek, talyplaryň hem-de professor-mugallymlaryň alyş-çalşyny ýola goýmak we bilelikdäki okuw maksatnamalaryny taýýarlamak meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Duşuşygyň ahyrynda taraplar bilim edaralarynyň arasynda göni gatnaşyklary ösdürmäge we özara bähbitli taslamalary durmuşa geçirmäge taýýardyklaryny beýan etdiler. Türkmenistanyň Bilim ministrligi
Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetinde tegelek stoluň başynda syýasy söhbetdeşlik geçirildi
2026-njy ýylyň 20-nji iýulynda Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersiteti «Altyn Asyr» Türkmenistan teleýaýlymy bilen bilelikde «Türkmenistanda ýokary hünär bilimini ösdürmegiň 2026–2052-nji ýyllar üçin Strategiýasyny» durmuşa geçirmek boýunça 2026-njy ýylda ýerine ýetirilmeli çäreleriň meýilnamasynyň ýerine ýetirilişine bagyşlanan gepleşigiň ýazgysyny geçirdi. Gepleşikde Strategiýanyň esasy ugurlary, onuň ýokary hünär bilim ulgamyny döwrebaplaşdyrmakdaky ähmiýeti, şeýle hem öňde goýlan wezipeleriň üstünlikli durmuşa geçirilmegi ugrunda alnyp barylýan işler giňişleýin beýan edildi. Şeýle-de, bu resminamanyň milli bilim ulgamyny täze ösüş tapgyryna çykarmakda möhüm orun eýeleýändigi nygtaldy. Gepleşige gatnaşan professor-mugallymlar ýurdumyzda halkara ülňülere laýyk gelýän, innowasiýalara esaslanýan döwrebap bilim ulgamyny kämilleşdirmek, sanly tehnologiýalary giňden ornaşdyrmak, ylmy-barlag işleriniň netijeliligini ýokarlandyrmak hem-de ýaşlaryň tehnologik başarnyklaryny we hünär taýýarlygyny ösdürmek boýunça alnyp barylýan işler barada täsirli çykyş etdiler. Çykyş edenler Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň nobatdaky Mejlisi barada buýsançly belläp, Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk şanly senesi bilen Gahryman Arkadagymyzy, Arkadagly Gahryman Serdarymyzy, bütin türkmen halkyny tüýs ýürekden gutladylar we ýagşy arzuwlaryny beýan etdiler. Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersiteti
Hytaý Halk Respublikasynyň Şanhaý şäherinde geçirilen «67th International Mathematical Olympiad, IMO-2026» atly 67-nji Halkara matematika olimpiadasyndaky türkmen ýaşlarynyň üstünlikleri
Hormatly Prezidentimiziň alyp barýan bilim özgertmeleriniň möhüm talaplary hökmünde ýurdumyzyň umumybilim berýän mekdeplerinde okuw derslerini ýokary derejede öwretmek, okuwçylaryň tebigy zehin-başarnyklaryny ösdürmek, giň dünýägaraýyşly öňdebaryjy ýaşlary kemala getirmek, olaryň ylym we döredijilik bilen işjeň meşgullanmaklary üçin höweslendirmek hem-de hünärlere ugrukdyrmak babatynda toplumlaýyn işler üstünlikli durmuşa geçirilýär. Bu ugurda dürli bäsleşikler geçirilýär, ýaşlaryň halkara ders bäsleşiklerine gatnaşmaklary üçin giň mümkinçilikler döredilýär. 2026-njy ýylyň iýul aýynyň 10–21-i aralygynda Hytaý Halk Respublikasynyň Şanhaý şäherinde «67th International Mathematical Olympiad, IMO-2026» atly 67-nji Halkara matematika olimpiadasy geçirildi. Halkara bäsleşigine jemi 119 döwletden 685, ýurdumyzdan 6 zehinli okuwçy gatnaşdy. Halkara matematika olimpiadasynyň jemi boýunça, Mary welaýatynyň Ýolöten etrabynyň 40-njy orta mekdebiniň 12-nji synp okuwçysy Agaperman Berdimyradow kümüş, Aşgabat şäheriniň matematika we iňlis dili okuw dersleri çuňlaşdyryp öwredilýän ýöriteleşdirilen 49-njy orta mekdebiniň 12-nji synp okuwçysy Begenç Akmyradow, Aşgabat şäheriniň iňlis dili, himiýa we biologiýa okuw derslerini çuňlaşdyryp öwredýän 86-njy ýöriteleşdirilen orta mekdebiniň 12-nji synp okuwçysy Mälikşa Meýlismyradow we şol mekdebiň 10-njy synp okuwçysy Hemra Gurbanow bürünç medallary gazanmagy başardylar. Mekdep okuwçylarynyň bu abraýly halkara bäsleşiginde baýrakly orunlara eýe bolmaklary Hormatly Prezidentimiziň hem-de türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň beýik başlangyçlary we yzygiderli aladalary bilen hemmetaraplaýyn bilimli, intellektual we ruhy taýdan ösen, watansöýüji ýaşlary terbiýeläp ýetişdirmek, olaryň halkara bilim bäsleşiklerine işjeň gatnaşmaklaryny üpjün etmek ugrundaky toplumlaýyn işleriň «Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda netijeli amala aşyrylyp, Döwlet Baştutanymyzyň geljekde-de eziz Watanymyzyň baýdagyny al-asmanda parladyp, Türkmenistanyň abraýyny belende galdyrjakdyklary barada bildiren belent ynamyna ýaşlaryň okamak, öwrenmek, kämillige ymtylmak arkaly ýurdumyzyň dünýädäki abraý-mertebesiniň belende galdyrýandyklarynyň nobatdaky ykrar edilmesidir. Mekdep okuwçylarynyň 67-nji Halkara matematika olimpiadasyna gatnaşmaga döreden ajaýyp şertleri hem-de mümkinçilikleri üçin Arkadagly Gahryman Serdarymyza ähli bilim işgärleriniň adyndan tüýs ýürekden hoşallygymyzy bildirýäris. Hormatly Prezidentimiziň janynyň sag, belent başynyň aman, tutumly işleriniň rowaç bolmagyny arzuw edýäris. Türkmenistanyň Bilim ministrligi
Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň mugallymlary we talyplary Malaýziýanyň Petronas kompaniýasynyň Tehnologik uniwersitetinde önümçilik tejribeligini hem-de hünär derejesini ýokarlandyryş okuwlaryny geçýärler
Ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek boýunça maksatnamalaryň täze taryhy eýýamda üstünliklidurmuşa geçirilmegi tutuş milli ykdysadyýetimiziň, şol sanda onuň her bir pudagynyň ösmegini, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň yzygiderli ýokarlanmagyny üpjün edýär. Şunda Watanymyzyň bilim kuwwatyny şertlendirýän we onuň bu babatdaky ösüşini üpjün edýän ylym-bilim ulgamynyň kämilleşdirilmegi hem-de ösüşi möhüm ähmiýete eýedir. Ýurdumyzyň gazylyp alynýan ýerasty baýlyklaryň dürli görnüşlerine we gorlaryna eýe bolmagy himiýa, gazhimiýa, nebitgaz senagatynyň we beýleki pudaklaryň ösüşine uly itergi berýär. Şonuň netijesinde ýurdumyzda ýangyç-energetika, senagat-önümçilik toplumlary yzygiderli gurulýar, giň möçberli maksatnamalar üstünlikli durmuşa geçirilýär. Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersiteti bilen ýurdumyzyň nebitgaz pudagynda zähmet çekýän “Petronas Çarigali (Türkmenistan) Sdn Bhd” kompaniýasy we Malaýziýanyň Petronas kompaniýasynyň Tehnologik uniwersitetiniň arasynda birnäçe ýyllaryň dowamynda ylym-bilim ulgamynda özara bähbitli we dostlukly hyzmatdaşlyk dowam edýär. 2024-nji ýylda bu hyzmatdaşlygy dowam etdirmek we onuň gerimini has-da giňeltmek maksady bilen, özara düşünişmek hakynda täze Ähtnama baglaşyldy. Baglaşylan Ähtnamanyň çäginde geçen ýyllardaky ýaly şu ýylyň 14-nji iýulynda uniwersitetiň talyplar topary we mugallymlary okuw-önümçilik tejribeligini hem-de hünär derejesini ýokarlandyryş okuwlaryny geçmek üçin Malaýziýanyň Petronas kompaniýasynyň Tehnologik uniwersitetine okuw saparyna ugradyldy. 2 hepdelik dowam edýän okuw-önümçilik tejribeligi hem-de 1 hepdelik hünär derejesini ýokarlandyryş okuwlary üçin Malaýziýanyň Petronas kompaniýasynyň Tehnologik uniwersitetiniň Ýörite okuw merkezi tarapyndan degişli meýilnama taýýarlanyldy. Meýilnama laýyklykda uniwersitetiň talyplary we mugallymlary degişli ugurlar boýunça täze tehnologiýalary özleşdirmek, sanly tehnologiýalary we emeli aňy önümçilige ornaşdyrmak barada sapaklary geçerler. Şeýle hem Malaýziýanyň Petronas kompaniýasynyň Tehnologik uniwersitetinde okuwlaryň gurnalyşy, okuw tejribehanalary, okuw merkezleri, ylmy-barlag işleriniň alnyp barlyşy we kompaniýanyň önümçilik desgalary bilen ýakyndan tanyşarlar. Malaýziýanyň Petronas kompaniýasynyň Tehnologik uniwersitetinde geçirilýän okuw-önümçilik tejribeliginiň talyplar üçin uly ähmiýeti bolup, olaryň nazaryýetde alan bilimlerini amaly endikler bilen baýlaşdyrmaklaryna hem-de mugallymlar üçin hünär derejesini ýokarlandyryş okuwlarynyň öňdebaryjy dünýä tejribesini okuw işlerine yzygiderli ornaşdyrmaklaryna ýardam eder. Bilim-terbiýeçilik edaralarynyň işini kämilleşdirmek, ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamak babatdaky taýsyz tagallalary, ýaş nesil hakynda edýän yzygiderli aladalary, döredip berýän mümkinçilikleri, şertleri üçin hormatly Prezidentimize hem-de Gahryman Arkadagymyza tüýs ýürekden sagbolsunlar aýdýarys. Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, il-ýurt bähbitli, döwlet ähmiýetli alyp barýan beýik işleri hemişe rowaçlyklara beslensin! Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersiteti
«OBA HOJALYK ÖNÜMLERINI SAKLAMAK WE GAÝTADAN IŞLEMEK» ATLY OKUW KITABY NEŞIR EDILDI
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň uly mugallymy Leýla Ergeşowanyň, Hojadurdy Nurgeldiýewiň hem-de Amannepes Amannepesowyň Türkmenistanyň Bilim ministrligi tarapyndan hödürlenen «Oba hojalyk önümlerini saklamak we gaýtadan işlemek» atly ýokary okuw mekdepleri üçin okuw kitaby Türkmen döwlet neşirýat gullugynda taýýarlanyp, S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň çaphanasynda çap edildi. Kitabyň mazmuny girişden, «Et önümlerini gaýtadan işlemek», «Guş önümlerini gaýtadan işlemek», «Süýt önümlerini gaýtadan işlemek», «Ösümlik ýagy», «Miweleri, gök önümleri saklamak we gaýtadan işlemek», «Dänäni gaýtadan işlemek» atly 6 bapdan we adalgalar sözlüginden ybarat. Okuw kitaby «Oba hojalyk önümlerini saklamak we gaýtadan işlemek» dersi boýunça umumy okuwlaryň temalaryny öz içine alýar. Ol oba hojalyk önümlerini saklamak we gaýtadan işlemek, özleşdirmek, bu ugurdaky täze tehnologiýalar, gerekli hasaplamalary geçirmek, oba hojalyk önümlerini gaýtadan işleýän kärhanalaryň ykdysady tarapyny seljermek, öndürilýän önümleriň hiliniň talaba laýyklygy, adam üçin howpsuzlygy barada giňişleýin düşünje berýär. Kitapda nygtalyşy ýaly, Türkmenistanyň azyk senagaty pudagynyň ösüşiniň ýokary görkezijileri, ilki bilen, öňdebaryjy tehnologiýalary özleşdirmek we ýerli çig mallary ulanmak esasynda öndürilýän önümleriň görnüşleriniň artdyrylmagynyň hasabyna gazanylýar. Türkmenistanyň azyk senagaty pudagynda şu günki gün azyk önümleriniň ýüzlerçe görnüşleri öndürilip, olar öz hili boýunça dünýä ülňülerine laýyk gelýär. Bu okuw kitabyndan degişli ugurda bilim alýan talyplar, mugallymlar hem-de oba hojalyk önümlerini saklamak, gaýtadan işlemek boýunça hünärmenler peýdalanyp bilerler.
«MALDARÇYLYKDA WE WETERINARIÝADA ZÄHMETI GORAMAK» ATLY OKUW KITABY NEŞIR EDILDI
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň Weterinar lukmançylygy fakultetiniň Epizootologiýa we parazitologiýa kafedrasynyň müdiri, dosent, weterinariýa ylymlarynyň doktory Töre Garlyýewiň Türkmenistanyň Bilim ministrligi tarapyndan hödürlenen «Maldarçylykda we weterinariýada zähmeti goramak» atly ýokary okuw mekdepleri üçin okuw kitaby okyjylar köpçüligine gowuşdy. Kitap Türkmen döwlet neşirýat gullugynda taýýarlanyp, S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň çaphanasynda çap edildi. Täze okuw kitabynda maldarçylykda we weterinariýada ýerine ýetirilýän işleriň aýratynlyklaryna baglylykda (weterinariýa-sanitariýa çärelerini geçirmegiň düzgünleri, mallary daňmagyň, ýykmagyň, patologo-anatomik işleri ýerine ýetirmegiň kadalary, maglumatlary ýygnamagyň düzgünleri, köpçülikleýin we şahsy gorag geýimleriniň üpjünçiligi, ot-iýmler taýýarlanylanda, tehnikalar bilen işlenilende iş howpsuzlygyny berjaý etmegiň, maldarçylyk fermalarynda we toplumlarynda ýangyna garşy göreş çärelerini geçirmegiň, önümçilikde garaşylmadyk ýagdaý ýüze çykanda heläkçilik çekene ilkinji medisina kömegini bermegiň) düzgünleri we beýlekiler 9 sany bölümde ylmy esasda giňişleýin beýan edilýär. Has takygy, bu bölümlerde zähmeti goramagyň nazary esaslary, maldarçylykda işgärleriň zähmeti we dynç alyşlary, maldarçylykda önümçilik sanitariýasy we zähmet gigiýenasy, maldarçylykda, guşçulykda iş howpsuzlygy, weterinariýa-sanitariýa çäreleriniň geçirilişi, iri baldakly otlar, senaž, silos, himiki konserwantlar ulanylanda howpsuzlyk çäreleri, ýangyn ätiýaçlygynyň esasy, oba hojalygynda zähmeti goramak boýunça işleriň guralyşy, jebir çekenlere lukmana çenli kömek hakynda giňişleýin maglumat berilýär. Kitapda nygtalyşy ýaly, zähmeti goramak — iş prosesiniň dowamynda işgärleriň işe ukyplylygyny we saglygyny saklamagyň ulgamy. Ol hukuk, sosial-ykdysady, guramaçylyk, tehniki, sanitariýa-gigiýenik, bejeriş-profilaktiki, reabilitasion we beýleki çäreleri öz içine alýar. Kitap ýokary okuw mekdepleriniň weterinariýa, atçylyk, zootehniýa hünärleriniň talyplary üçin niýetlenip, ondan maldarçylyk pudagynda işleýän hünärmenler hem peýdalanyp bilerler.
«GURLUŞYK WE MELIORATIW MAŞYNLARYNYŇ ULANYLYŞY» ATLY OKUW KITABY OKYJYLARYNA GOWUŞDY
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň mugallymlary Arazgeldi Mollaýewiň, Aýyt Annaýewiň hem-de Rejep Berdinyýazowyň, Kadyr Myradowyň Türkmenistanyň Bilim ministrligi tarapyndan hödürlenen «Gurluşyk we melioratiw maşynlarynyň ulanylyşy» atly ýokary okuw mekdepleri üçin okuw kitaby neşir edildi. Kitap Türkmen döwlet neşirýat gullugynda taýýarlanyp, S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň çaphanasynda çap edildi. Kitap girişden hem-de «Maşynlaryň ygtybarlylygy we onuň esasy görkezijileri», «Maşynlaryň tehniki hyzmaty», «Maşynlaryň iş düzgünleri we öndürijilikleri», «Maşynlaryň ulanylyşynyň guramaçylyk esaslary», «Maşynlaryň tehniki hyzmatyny guramak» atly 5 bölümden ybarat. Täze okuw kitabynda melioratiw we gurluşyk maşynlarynyň ygtybarlylygy, olaryň bozulmalarynyň görnüşleri, sebäpleri baradaky maglumatlar berilýär. Şeýle-de ulanylyş döwründäki ygtybarlylygyny artdyrmagyň ýollaryna, maşynlaryň tehniki hyzmatynyň meýilnamaly-ätiýaçlyk ulgamyna, işleýiş düzgünlerine, öndürijilikli işlemegine, ulanylyşynyň guramaçylyk hem tehnologik esaslaryna, tehnologik proseslerine degişli maglumatlar berilýär. Kitapda bellenilişi ýaly, ýurdumyzyň suw hojalyk gurluşyklarynda, melioratiw işleriniň toplumlarynda dünýäniň iň abraýly kompaniýalarynyň ekskowatorlary, buldozerleri, skreperleri we başga köp görnüşli maşynlary işleýärler. Ol maşynlar kuwwatlylygy, öndürijilikliligi, işe gaýymlygy, ygtybarlylygy, howpsuzlygy, dolandyryşa uýgunlyklary, rahatlyklary we beýleki ulanylyşa amatly häsiýetleri we ukyplary bilen tapawutlanýarlar. Melioratiw gurluşyk edaralarynyň gitdigiçe çylşyrymlandyrylýan kuwwatly täze gurluşly maşynlar bilen yzygiderli üpjün edilmegi, şeýle-de olaryň guratlygynyň we amatly işledilmegini üpjün etmegiň zerurlygy tehniki hyzmatlar boýunça işleri artdyrýar. Bularyň hemmesi maşynlar parkynyň ulanylyş-bejeriş gullugynyň hemme bölümleriniň gurluşyna täsir edýän talaplary barha güýçlendirýär, maşynlaryň tehniki hyzmatynyň guramaçylyk düzgünleriniň, tehniki üpjünçiliginiň, tehnologiýasynyň düýpgöter tehniki hem-de bu mesele bilen iş salyşýan hünärmenleriň taýýarlanyş derejesini ýokarlandyrmagy talap edýär. Okuw kitaby ýokary okuw mekdepleriniň Melioratiw işlerini mehanizmleşdirmek hünäriniň talyplary üçin niýetlenilýär.
Türkmen ýaşlarynyň üstünlikleri
Hormatly Prezidentimiziň hem-de türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň baştutanlygynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýaş nesliň ylymly, giň dünýägaraýyşly hem-de bäsdeşlige ukyply şahsyýetler bolup kemala gelmegi ugrunda durmuşa geçirilýän özgertmeler halkara derejede mynasyp netijelerini berýär. Ýurdumyzda ýaşlaryň tebigy zehinini ýüze çykarmak, olary ylmy gözleglere höweslendirmek hem-de halkara ders bäsleşiklerine yzygiderli taýýarlamak boýunça amala aşyrylýan işler dünýä bileleşigi tarapyndan ykrar edilýän üstünlikler bilen şöhlelenýär. Soňky on ýylyň dowamynda Türkmenistanyň milli ýygyndy toparynyň agzalary Halkara himiýa olimpiadalarynda jemi 33 medala — 1 altyn, 12 kümüş we 20 bürünç medala mynasyp boldular. Bu guwandyryjy netijeler hormatly Prezidentimiz tarapyndan ýaş nesliň döwrebap bilim almagy, zehin-başarnyklaryny açyp görkezmegi hem-de halkara derejede üstünlik gazanmagy üçin döredilýän giň mümkinçilikleriň aýdyň netijesidir. Ýurdumyzda halkara ders olimpiadalarynyň ýeňijilerini döwlet derejesinde sarpalamak, olary medallar hem-de pul sowgatlary bilen sylaglamak asylly däbe öwrüldi. Şeýle ýokary derejeli üns-alada ýaşlary täze üstünliklere ruhlandyrýar, olaryň ylma we döredijilige bolan höwesini has-da artdyrýar. Şeýle üstünlikleriň nobatdaky subutnamasy 2026-njy ýylyň 10–19-njy iýuly aralygynda Özbegistan Respublikasynyň Daşkent şäherinde geçirilen 58-nji Halkara himiýa olimpiadasynyň jemlerinde aýdyň ýüze çykdy. Dünýäniň 92 döwletinden 363 zehinli okuwçyny jemlän abraýly halkara bäsleşikde gatnaşyjylar himiýa boýunça nazary taýýarlyklaryny hem-de barlaghana tejribelerini ýerine ýetirmek ukyplaryny görkezdiler. Şeýle ýokary derejeli ylmy bäsleşikde Türkmenistanyň ýaşlarynyň üstünlikli çykyş etmegi milli bilim ulgamynyň halkara ölçeglere laýyklykda yzygiderli kämilleşdirilýändiginiň aýdyň güwäsidir. Türkmenistanyň adyndan bu olimpiada Aşgabat şäherindäki Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky ýöriteleşdirilen umumybilim berýän mekdep-internatynyň topary gatnaşdy. Bäsleşigiň jemleri boýunça mekdep-internatyň 11-nji synp okuwçysy Ilmämmedow Pälwan kümüş medala, 12-nji synp okuwçylary Döwletow Diýar, Orunowa Aýlar hem-de Jumaýew Rüstem bolsa bürünç medallara mynasyp boldular. Netijede, türkmen okuwçylary 1 kümüş we 3 bürünç medal gazanyp, ýurdumyzyň halkara himiýa olimpiadalaryndaky üstünlikleriniň üstüni nobatdaky gezek ýetirdiler. Gazanylan bu üstünlikler ýaş nesilleriň döwrebap bilim almagy, ylmy döredijilik bilen meşgullanmagy hem-de halkara bäsleşiklerinde ukyp-başarnyklaryny görkezmegi üçin döredilýän giň mümkinçilikleriň netijeli häsiýete eýedigini görkezýär. Munuň özi Hormatly Prezidentimiziň hem-de Gahryman Arkadagymyzyň ýaşlaryň intellektual kuwwatyny ösdürmäge gönükdirilen döwlet syýasatynyň halkara derejesinde öz miwesini berýändiginiň aýdyň subutnamasydyr. Türkmenistanyň ýaşlarynyň halkara olimpiadalarda gazanýan üstünlikleri eziz Watanymyzyň bilim ulgamynyň abraýyny has-da belende göterýär, ýurdumyzda kemala gelýän täze nesliň ylmy kuwwatynyň, döredijilik mümkinçiliginiň hem-de watansöýüjilik ruhunyň barha pugtalanýandygyny tassyklaýar. Şeýle ýeňişler geljekde-de ýaşlary täze üstünliklere ruhlandyryp, Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň halkara bilim giňişligindäki abraýynyň has-da artmagyna hyzmat eder. Türkmenistanyň Bilim ministrligi
TÜRKMENISTANYŇ WE GRUZIÝANYŇ BILIM MINISTRLERINIŇ DUŞUŞYGY GEÇIRILDI
Türkmenistanyň Prezidentiniň Gruziýa amala aşyran döwlet saparynyň çäklerinde Türkmenistanyň bilim ministri J.Gurbangeldiýew bilen Gruziýanyň bilim, ylym we ýaşlar ministri Giwi Mikanadzeniň arasynda duşuşyk geçirildi. Duşuşygyň dowamynda taraplar bilim, ylym we ýaşlar syýasaty ulgamlarynda hyzmatdaşlygy giňeltmegiň geljekki ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdylar. Iki ýurduň ýokary okuw mekdepleriniň arasynda göni gatnaşyklary ösdürmäge, talyplaryň we mugallymlaryň akademik hereketliligini giňeltmäge, bilelikdäki ylmy barlaglary, maslahatlary, hünär kämilleşdiriş okuwlaryny we bilim maksatnamalaryny guramaga aýratyn üns berildi. Lukmançylyk, energetika, nebitgaz pudagy, binagärlik we gurluşyk, ulag, sanly tehnologiýalar, emeli aň, STEAM-bilim hem-de kiberhowpsuzlyk hyzmatdaşlygyň geljegi uly ugurlarynyň hatarynda görkezildi. Resmi saparyň çäklerinde bilim ulgamynda şu aşakdaky ikitaraplaýyn resminamalara gol çekildi: — Türkmenistanyň Bilim ministrligi bilen Gruziýanyň Bilim, ylym we ýaşlar ministrliginiň arasynda bilim babatda hyzmatdaşlyk etmek barada özara düşünişmek hakynda Ähtnama. — Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasy bilen Wano Saradžişwili adyndaky Tbilisi döwlet konserwatoriýasynyň arasynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyk etmek barada özara düşünişmek hakynda Ähtnama; — Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersiteti (Türkmenistan) bilen «Iwane Jawahişwili adyndaky Tbilisi döwlet uniwersiteti» jemgyýetçilik hukugynyň ýuridik şahsynyň (Gruziýa) arasynda hyzmatdaşlyk etmek hakynda Ähtnama; — Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersiteti (Türkmenistan) bilen Gruzin tehniki uniwersitetiniň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama; — Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk instituty bilen Gruzin tehniki uniwersitetiniň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama; — Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary instituty (Türkmenistan) bilen Batumi döwlet deňiz akademiýasynyň (Gruziýa) arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama; Gol çekilen resminamalar hyzmatdaşlygyň şertnama-hukuk binýadyny berkitmäge, ýokary okuw mekdepleriniň arasyndaky gatnaşyklary ösdürmäge, akademik alyşmalary giňeltmäge, şeýle hem bilelikdäki bilim we ylmy taslamalary durmuşa geçirmäge gönükdirilendir. Duşuşygyň jemleri boýunça gazanylan ylalaşyklaryň türkmen-gruzin hyzmatdaşlygynyň mundan beýläk-de ösdürilmegine täze itergi berjekdigine ynam bildirildi. Türkmenistanyň Bilim ministrligi
Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň talyplary rus dili boýunça halkara olimpiadada baýrakly orunlary eýelediler
Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň talyplary Russiýa Federasiýasynyň B.B.Gorodowikow adyndaky Galmyk döwlet uniwersiteti tarapyndan «Rus dili we ülkäni öwreniş» dersinden onlaýn görnüşinde halkara olimpiadada üstünlikli çykyş etdiler. Uniwersitetiň rus dili we edebiýaty fakultetiniň 5-nji ýyl talyby Oguldursun Akmuhammedowa hormatly 1-nji orny eýeläp, olimpiadanyň ýeňijileriniň hataryna girdi. Şeýle hem şol fakultetiň talyplary halkara bäsleşiginde 2-nji orunlara mynasyp boldular. Olimpiadanyň dowamynda türkmen talyplary rus dili, taryh we edebiýat boýunça çuňňur bilimlerini, şeýle hem öz hünär ugurlaryndaky ýokary taýýarlyk derejesini görkezdiler. Olar rus dili we edebiýaty fakultetiniň mugallymy Jennet Şamyýewanyň ýolbaşçylygynda taýýarlanyp, onuň bäsleşige taýýarlyk işine goşan uly goşandy üstünlikli netijelerde öz beýanyny tapdy. Türkmen talyplarynyň bu halkara olimpiadasyna gatnaşmagy «Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersiteti bilen B.B.Gorodowikow adyndaky Galmyk döwlet uniwersitetiniň arasynda baglaşylan özara hyzmatdaşlyk hakynda Ähtnamanyň» çäklerinde amala aşyryldy. Şu ýyl geçirilen olimpiada Hytaýdan, Mongoliýadan, Wýetnamdan, Taýlanddan, Türkiýeden, Eýrandan, Yrakdan, Siriýadan, Afrika ýurtlaryndan, Gazagystandan we Türkmenistandan 200-den gowrak zehinli talyp gatnaşdy.
Tomus dynç alyşy – manyly we täsirli
Arkadagly Serdarymyzyň saýasynda ýurdumyzyň geljegi bolan çagalaryň tomusky dynç alyş möwsümini şadyýan, sagdyn we manyly geçirmekleri üçin giň mümkinçilikler döredilýär. Şu günler Bereket etrap bilim bolumine degişli orta mekdeplerin çagalary üçin hem tomus dync alyş günleri ýatda galyjy pursatlara baý bolýar. Bereket etrabynyn tebigi dersleri çuňlaşdyryp owredyan yoritelesdirilen orta mekdebinde çagalar üçin niýetlenip geçirilen ýörite çäre munuň aýdyň subutnamasyna öwrüldi. Çäräniň çäklerinde çagalar ilki bilen kitaphana gezelenç edip, özlerini gyzyklandyrýan täze kitaplar, ertekiler we şahyrlaryň döredijiligi bilen tanyşdylar. Kitap okamaga bolan höwesi artdyrmak maksady bilen guralan bu gezelenç çagalarda uly täsir galdyrdy. Mundan başga-da, çärä gatnaşan gyzjagazlar mährem ene-mamalarymyzyň ýanyna baryp, olaryň milli el işlerini edip oturyşlaryny synladylar. Enelerimiz gyzlara keşde çekmegiň, jorap örmegiň we asylly milli gymmatlyklarymyzyň inçe syrlaryny öwretdiler. Bu bolsa nesilleriň arasyndaky kämil arabaglanyşygy, milli däp-dessurlarymyza bolan hormaty has-da berkitdi. Şol bir wagtyň özünde, oglanjyklar we gyzjagazlar üçin şadyýan sport ýaryşlary hem guraldy. Bäsleşikde çagalar özleriniň çalasynlygyny, eýjeligini we sagdynlygyny görkezip, biri-birinden gyzykly oýunlarda bäsleşdiler. Şeýle manyly we şadyýan çäreleri gurap beren guramaçylara, şeýle hem çagalaryň bagtyýar durmuşda ýaşamagy, okamagy, dynç almagy üçin ähli şertleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Serdarymyza çagalaryň hem-de ene-atalaryň adyndan köp sagbolsun aýdýarys! Balkan welaýat Bereket etrap bilim müdirligi
Türkmenistanda 13-nji iýuldan ýokary we orta hünär okuw mekdeplerine okuwa kabul etmek möwsümi başlanar
Şu gün alty aýyň jemlerine bagyşlanyp geçirilen giňişleýin Hökümet mejlisinde Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Buýruga gol çekdi. Resminama laýyklykda, 2026-njy ýylda Türkmenistanyň ýokary we orta hünär okuw mekdeplerine okuwa kabul etmek boýunça döwlet toparynyň düzümi tassyklanyldy. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi. Bellenilişi ýaly, döwlet toparyna 2026-njy ýylda Türkmenistanyň ýokary we orta hünär okuw mekdeplerine okuwa kabul etmäge guramaçylyk-usulyýet taýdan ýolbaşçylyk etmek we onuň bellenen tertipde geçirilmegini guramak tabşyryldy. Welaýatlaryň, Aşgabat we Arkadag şäherleriniň häkimlikleri Türkmenistanyň ýokary we orta hünär okuw mekdeplerine okuwa kabul etmek boýunça iş toparlarynyň talabalaýyk işlemegi üçin zerur şertleri döretmäge borçly edildi. Şeýle-de döwlet Baştutanynyň gol çeken Buýrugyna laýyklykda: 2026-njy ýylda Türkmenistanyň ýokary okuw mekdeplerine welaýatlar, Aşgabat we Arkadag şäherleri boýunça okuwa kabul etmegiň meýilnamasy; 2026-njy ýylda Türkmenistanyň orta hünär okuw mekdeplerine okuwa kabul etmegiň meýilnamasy tassyklanyldy. Türkmenistanyň ýokary we orta hünär okuw mekdeplerine okuwa kabul etmegi 2026-njy ýylyň 13-nji iýuly — 24-nji awgusty aralygynda guramak, okuwa kabul etmek boýunça giriş synaglaryny ýokary we orta hünär okuw mekdepleriniň ýerleşýän ýerinde geçirmek bellenildi.
Duşuşyk geçirildi
2026-njy ýylyň iýul aýynyň 10-yna Şweýsariýa Konfederasiýasynyň Azerbaýjan Respublikasyndaky ilçihanasynyň orunbasary we sebitleýin hyzmatdaşlyk edarasynyň ýolbaşçysynyň orunbasarynyň hem-de Şweýsariýa Konfederasiýasynyň Azerbaýjan Respublikasyndaky ilçihanasynyň syýasy geňeşçisiniň gatnaşmaklarynda Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynda duşuşyk geçirildi. Myhmanlar ilki bilen institutyň täze goşmaça okuw binasynyň eýwanynda duşuşyk mynasybetli ýaýbaňlandyrylan ylmy we taslama işleriň sergisi bilen tanyşdylar. Soňra bolsa mejlisler otagynda iki taraplaýyn söhbetdeşlikler geçirildi. Söhbetdeşligiň dowamynda Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň uzak ýyllaryň dowamynda Ýewropa Bileleşigi, şol sanda Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasy bilen birnäçe halkara taslamalaryň bilelikde ýerine ýetirilýändigi barada bellenilip geçildi. Maslahatyň dowamyndaky çykyşlarda, geljekde hem halkara taslamalary bilelikde ýerine ýetirmeklik ara alnyp maslahatlaşyldy. Duşuşygyň ahyrynda oňa gatnaşyjylar ýurdumyzda ylym-bilimi kämilleşdirmekde, halkara bilermenler bilen tejribe alyşmakda, halkara taslamalary bilelikde ýerine ýetirmekde, ýaşlary ýokary derejeli hünärmenler edip ýetişdirmekde bimöçber tagallalary edýän Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş hem-de hoşallyk sözlerini beýan etdiler. Türkmenistanyň Döwlet energetika instituty
Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň talyplary Birleşen Arap Emirlikleriniň Khalifa uniwersitetinde okuw-önümçilik tejribeligini geçýärler
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň parasatly ýolbaşçylygynda hem-de türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň parasatly başlangyçlary esasynda ýurdumyzyň bilim ulgamy dünýäniň öňdebaryjy bilim giňişligine işjeň goşulyşýar. Häzirki döwürde bilim ulgamyny döwrebaplaşdyrmak, halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmek, sanly bilim tehnologiýalaryny giňden ornaşdyrmak hem-de milli bilimiň hilini dünýä standartlaryna laýyk getirmek boýunça giň gerimli işler alnyp barylýar. Soňky ýyllarda daşary ýurtlaryň abraýly ýokary okuw mekdepleri, ylmy-barlag merkezleri we iri kompaniýalary bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygy ösdürmek döwlet syýasatynyň möhüm ugurlarynyň birine öwrüldi. Bu ugurda durmuşa geçirilýän halkara bilim maksatnamalary ýokary okuw mekdepleriniň professor-mugallymlary we talyp ýaşlary üçin täze bilim, ylmy gözleg hem-de hünär taýdan ösüş mümkinçiliklerini döredýär. Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň talyplary iýul aýynyň 1-10-ny aralygynda Birleşen Arap Emirlikleriň Abu-Dabi şäherinde ýerleşýän Khalifa uniwersiteti tarapyndan guralýan “Daşary ýurtly talyplar üçin tomusky energetika lageri” atly okuw maksatnamasyna laýyklykda, okuw-önümçilik tejribeligini geçýärler. Okuw-önümçilik tejribeliginiň esasy maksady, ADNOC kompaniýasynyň alyp barýan önümçilik işleri bilen tanyşmak, Khalifa uniwersitetiniň okuw we ylmy işleri boýunça tejribesini öwrenmek. Okuw-önümçilik tejribeliginiň dowamynda talyplar Khalifa uniwersitetiniň häzirki zaman nebit-gaz tehnologiýalary, emeli aňyň energetika pudagyna ornaşdyrylyşy, tejribehanalarynda alnyp barylýan ylmy-barlag işleri hem-de öňdebaryjy önümçilik usullary, okuw merkezleri, muzeýleri bilen içgin tanyşýarlar we nazary bilimlerini halkara tejribesi bilen baýlaşdyrýarlar. Bu tejribelik iki ýokary okuw mekdebiniň arasyndaky hyzmatdaşlygy ösdürmäge hem-de ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamaga möhüm goşant goşýar. Talyp ýaşlarymyz ADNOC kompaniýasynyň önümçilik desgalaryna, Aerokosmos barlaghanasyna, 3D çap etmek we tehniki hyzmatlaryň barlaghanasyna baryp görerler. Şeýle hem talyplar “Gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleri”, “Guýulary burawlamak” boýunça hem-de “Nebitiň we gazyň inženerligi”, “Gatlak flýuidleriň häsiýetleri” atly gysga möhletli okuwlara gatnaşarlar. Döwrebap bilim ulgamyny ösdürmek, ýokary hünärli hünärmenleri taýýarlamak ugrunda alyp barýan giň gerimli işleri, ýaş nesliň bilim almagy we kämil şahsyýet bolup ýetişmegi üçin döredýän mümkinçilikleri hem-de amatly şertleri üçin Hormatly Prezidentimize we Gahryman Arkadagymyza çuňňur hoşallygymyzy we tüýs ýürekden alkyşlarymyzy bildirýäris. Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, il-ýurt bähbitli, döwlet ähmiýetli alyp barýan beýik işleri hemişe rowaçlyklara beslensin! Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersiteti
HYYweÖU-niň talyplarynyň Florensiýa şäherindäki tejribe-okuw sapaklary
Türkmenistanyň bilim ulgamynda halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmek, talyplaryň dünýä derejesindäki bilim ojaklarynda tejribe toplamaklaryna giň mümkinçilikleri açýar. Munuň aýdyň mysallarynyň biri hökmünde, Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersiteti bilen ABŞ-nyň Kent döwlet uniwersitetiniň arasynda gol çekilen özara düşünişmek hakynda Ähtnama esasynda amala aşyrylýan maksatnamalary görkezmek bolar. Şu şertnama laýyklykda, Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň talyplary Kent döwlet uniwersitetiniň Italiýanyň taryhy we medeni merkezi bolan Florensiýa şäherindäki şahamçasynda tomusky tejribe-okuw sapaklaryny geçýärler. Bu sapaklar talyplara diňe bir nazary bilimlerini çuňlaşdyrmaga däl, eýsem halkara gurşawda öz ugurlary boýunça amaly ukyplaryny kämilleşdirmäge hem uly ýol açýar. Florensiýa şäheri özüniň baý taryhy, medeniýeti we sungaty bilen dünýäniň iň esasy bilim we medeni merkezleriniň biri hasaplanýar. Şeýle ajaýyp gurşawda guralan tomusky okuwlar talyplara dünýäniň dürli künjeklerinden gelen deň-duşlary bilen tejribe alyşmaga, daşary ýurt dillerini kämilleşdirmäge we şahsy dünýägaraşlaryny giňeltmäge mümkinçilik berýär. Okuw maksatnamasynyň çäklerinde talyplar öz hünärlerine degişli döwrebap çemeleşmeleri öwrenip, halkara derejeli professor-mugallymlaryň leksiýalaryna gatnaşýarlar. Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň talyplarynyň Italiýadaky bu tomusky tejribe-okuw sapaklary, türkmen ýaşlarynyň dünýä ylmy we bilimi bilen aýakdaş barýandygynyň aýdyň subutnamasydyr. Ýokary okuw mekdepleriň arasyndaky şeýle netijeli hyzmatdaşlyk, ýurdumyz üçin halkara derejede bäsleşige ukyply, giň gözýetimli we öz işiniň ussasy bolan hünärmenleri taýýarlamakda möhüm ädim bolup durýar. Bularyň ählisi bolsa, Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ylym-bilim ulgamynda halkara hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak ugrunda alyp barýan beýik işleriniň oňyn netijesidir. Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersiteti
ÇAGALARYŇ GYZYKLY DYNÇ ALYŞ MÖWSÜMI
Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyz: “Her bir halkyň ykdysady ösüşleri, ylymda, bilimde, medeniýetde gazanan üstünlikleri bilen onuň dünýä jemgyýetçiliginde tutýan orny kesgitlenýär. Şeýle ösüşlere ýetmekde kitabyň orny uludyr. Ähli ösüşleriň, ylmyň gazananlarynyň gözbaşy adam paýhasynyň şamçyragy bolan kitapdan başlanýar. Kitap ynsanyň köňül nagşydyr, ol durmuşy açyp gökezýän ajaýyp aýnadyr. Özünde ähli durmuş gymmatlyklaryny jemleýän kitap halkyň ruhy baýlygy, aň hazynasy” – diýip belleýär. Kitaplar we kitaphanalar her bir türkmeniň diňe bir ruhy we maddy dünýäsini açyp görkezýän aýna bolman, eýsem, olaryň häzirki wagtda iň uly ylmy merkezlere, adamlaryň köp sanlysynyň gelip, kitaplar dünýäsiniň çuňluklaryna, täsinlikler älemine syýahat edýän merkezlerine öwrülendigini belläp geçmek möhümdir. Kitap halkyň ruhy medeniýetiniň göwher maýasydyr. Halkyň, milletiň ruhy kämilligi, bilim derejesiniň ösmegi kitapsyz we kitaphanasyz göz öňüne getirmek mümkin däldir. Kitaplar adamzat akylynyň, pähim-paýhasynyň jemlenen dürdäneleri bolsa, kitaphanalar şol dürdäneleriň mukaddes köşkleridir. Kitap okaýan adam mydama ruhubelent, dana sözli, halkyna, Watanyna, daş-töweregi gurşap alan tutuş tebigata uly söýgi bilen garap bilýär. Jemgyýetde adamlaryň kitaba bolan isleglerini kanagatlandyrýan, olaryň özbaşdak okaýşyny we yzygiderli bilim almaklaryny guraýan edara kitaphanalardyr. Berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýaşlarymyza kitap okamaga ähli mümkinçilikler döredildi. Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallary netijesinde ýurdumyzyň ähli bilim ojaklarynda häzirki zaman enjamlary bilen üpjün edilen ýagty, döwrebap kitaphanalarymyz işe girizildi. Ýurt baştutanymyzyň ylym-bilim hakyndaky aladalary bilen ylmyň dürli ugurlary boýunça täze kitaplar yzygiderli neşir edilip durulýar. Ýurdumyzda bilim ulgamyny täze okuw kitaplary bilen üpjün etmek meselelerine aýratyn üns beriýär. Gahryman Arkadagymyz ýaşlarymyza uly ynam bildirip, şeýle wesýet edýär: ”Watanymyzyň röwşen geljegi üçin okamak, öwrenmek, zähmet çekmek bagtyýar ýaşlarymyzyň öňünde goýan baş maksadyna öwrülmelidir”. Biz mugallymlar, kitaphanaçylar ýaşlarymyzyň bagtyýar durmuşymyzyň eýeleri bolup, gymmatly wagtlaryny ylym-bilime, kitap okamaga sarp edip, Watanymyza hyzmat etjek adamlar bolup ýetişjekdiklerine berk ynanýarys. Kitap – zamananyň ýüzi. Kitap – terbiýeçi. Kitaby köp okasaň – paýhasly, sowatly, bilimli bolup bolýar. Şonuň üçin hem maslahatçymyz, ýakyn hemramyz, arassa pikirleriň, tämiz duýgularyň ýollaryny arçaýan, bilimleriň çeşmesi bolan kitaba berilýän üns hem bizi döredijilikli zähmet çekmäge ruhlandyrýar. Balkan welaýatynyň owadan künjekleriniň birinde dag etegini etekläp oturan "Dürdäne" çagalar dynç alyş we sagaldyş merkezinde çagalar üçin çäre guramak örän ajaýyp pikir! Özümde kitaba bolan söýgüni dynç alyş, oýun we sagdyn durmuş bilen utgaşdyrmak maksady bilen uly mümkinçiliklerden peýdalanyp, 2025-2026-njy okuw ýylynyň tomusky dynç alyş möwsüminde Gyzylarbat etrap bilim bölüminiň meýilnamasy esasynda “Dürdäne” çagalar dynç alyş we sagaldyş merkezinde çagalaryň arasynda ”Geliň erteki diňläliň“ – ady bilen çäre geçirildi. Çagalary kitap okamaga we onuň bilen dostlaşyp, dünýägaraýyşlaryny giňeltmäge, kitaphananyň iň işjeň okyjylary bolmaklyga çagyrylyp geçirilen söhbetdeşlikde dürli ýazyjylaryň çagalara niýetläp ýazan we täze çap edilen birnäçe gyzykly, owadan suratlar bilen bezelen kitaplary tanyşdyryldy. Çagalar bilen sorag-jogap alşyp, özara söhbetdeşlik geçirildi we has işjeň gatnaşyp, özbaşdak okan kitaplarynyň many-mazmunyny gürrüň bermek, bir-birleri bilen sorag-jogap alyşmak boýunça geçirilen bäsleşik söhbetdeşligiň täsirini has hem artdyrdy. Etrap bilim bölüminiň meýilnamasy esasynda guralan bu çäre, çagalaryň her birinde uly täsir galdyrdy. ”Kitap biziň dostumyzdyr” diýip, ata-babalarymyz örän dogry belläp geçipdir. Şu ýerde ýazyň hem güýzüň şahyry G.Ezizowyň goşgusyndan bir bendi mysal getirmek isleýärin: Kitaphanalara gatnaň ýadaman, Agras, kämil bory üçin pikiriň. Dünýäde hemme zat bal bile ýag däl, Siz goja dünýäniň boýun ýetiriň. “Dürdäne” çagalar dynç alyş we sagaldyş merkezinde dynç alýan çagalara türkmen halkynyň söwer ogly Gurbannazar şahyryň bize miras goýup giden bu dürdäne sözlerinden ugur alyp, kitaphanalar bilen aragatnaşyklaryny has hem pugtalandyryp, işjeň okyjylar bolup, dünýägaraýyşlaryny giňeldip, Watanymyza, halkymyza, Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza, öz mähriban ene-atalaryna mynasyp ýaşlar bolup ýetişmekleri üçin, turuwbaşdan köp kitap okamak barada maslahat berildi. Il-ýurdumyzy ösüşiň täze belentliklerine, bagtyýarlygyň täze giňişliklerine tarap alyp barýan Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak, tutýan tutumly işleri elmydama rowaç bolsun! Aýnabat Alaşowa, Balkan welaýatynyň Gyzylarbat etrabynyň G.Kulyýew adyndaky 20-nji orta mekdebiniň kitaphanaçysy.
«Ylmy barlaglar we innowasiýalar» ylmy-köpçülikleýin elektron žurnalynyň ikinji sany çykdy
Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde «Ylmy barlaglar we innowasiýalar» ylmy-köpçülikleýin elektron žurnalynyň ikinji sany çykdy. Žurnalyň täze sanynda halkymyzyň taryhyna, türkmen we daşary ýurt dillerine hem-de edebiýatyna, filologiýanyň, tebigy we takyk ylymlaryň möhüm meselelerine, ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamakda okatmagyň usulyýetini döwrebap kämilleşdirmäge bagyşlanan ylmy-nazary, ylmy-amaly hem-de ylmy-usuly makalalar ýerleşdirildi. Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde «Ylmy barlaglar we innowasiýalar» ylmy-köpçülikleýin elektron žurnaly Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ylmy-barlag işlerini işjeňleşdirmek we önümçilige ornaşdyrmak, häzirki zaman ylmynyň ýeten sepgitlerini we ylmy barlaglaryň netijelerini jemgyýetçilige ýetirmek, internet ulgamy arkaly giňden wagyz etmek hem-de elektron görnüşinde ýaýbaňlandyrmak maksady bilen döredildi. «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 – 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasyna», «Türkmenistanda ylmyň we tehnologiýalaryň ileri tutulýan ugurlaryna», «Türkmenistanda ylym ulgamyny ösdürmegiň 2024 — 2052-nji ýyllar üçin Strategiýasyna», «Türkmenistanda ýokary hünär bilimini ösdürmegiň 2026 — 2052-nji ýyllar üçin Strategiýasyna» laýyklykda, ýurdumyzyň ylmy-tehniki kuwwatyny pugtalandyrmak, ýokary okuw mekdeplerinde professor-mugallymlaryň, aspirantlaryň, dalaşgärleriň, magistrleriň, talyplaryň netijeli ylmy-barlag işlerini alyp barmaklary üçin giň mümkinçilikler we şertler döredilýär. Ylmy-barlag işleriniň netijelerini neşir arkaly ýaýbaňlandyrmak, ýaş alymlaryň täze neslini kemala getirmek, ýaşlaryň ylym bilen meşgullanmaklaryna höwes döretmek hem-de olara goldaw bermek işlerine hem döwlet derejesinde uly ähmiýet berilýär. «Ylmy barlaglar we innowasiýalar» ylmy-köpçülikleýin elektron žurnalynda türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman, Alym Arkadagymyzyň we hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tabşyryklaryndan ugur alyp, ýurdumyzda ynsanperwer ylymlaryny ösdürmek bilen baglanyşykly, şol sanda milli medeni mirasymyzy, şöhratly taryhymyzy, türkmen we daşary ýurt dillerini hem-de edebiýatyny öwrenmäge, filologiýanyň möhüm meselelerine, ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamakda okatmagyň usulyýetini döwrebap kämilleşdirmäge bagyşlanan ylmy-nazary, ylmy-amaly hem-de ylmy-usuly makalalar ýerleşdirilýär. Pedagogikanyň, psihologiýanyň, jemgyýeti öwreniş we hukuk ylymlarynyň gazanan üstünlikleri, okatmagyň we terbiýelemegiň döwrebap usulyýeti barada taýýarlanylan makalalar hem elektron žurnalyň mazmunyny baýlaşdyrýar. Şeýle hem, elektron žurnalda ýurdumyzda ylmy we tehnologiýalary ösdürmegiň ileri tutulýan ugurlaryna laýyklykda, tebigy we takyk ugurly ylymlarda, sanly tehnologiýalary peýdalanmagyň netijeliligini ýokarlandyrmaga, nanotehnologiýalary, biotehnologiýalary, himiki tehnologiýalary, maglumat ulgamlaryny ösdürmäge, ýerli tebigy çig mal baýlyklaryndan ekologiýa taýdan arassa önümleri we täze materiallary öndürmäge degişli ylmy barlaglar arkaly alnan netijeler beýan edilýär. Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň «Ylmy barlaglar we innowasiýalar» atly ylmy-köpçülikleýin elektron žurnalynyň döredilmegi ýaşlary täze ylmy açyşlara, oýlap tapyşlara höweslendirdi. Elektron žurnalyň türkmen, iňlis we rus dillerinde çärýekde bir, ýylda dört gezek neşiri goýberilýär. Ylmy-köpçülikleýin elektron žurnalynyň ikinji sanyny şu ýerden ýükläp bilersiňiz ( https://tdu.edu.tm/download/20260704/6a4922d075392377.pdf )
Türkmen-Italýan ylym-bilim gatnaşyklary täze tapgyra gadam basýar
Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetinde wajyp halkara duşuşyklarynyň biri geçirildi. Italiýa Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Martin Bruk uniwersitete iş saparyny amala aşyryp, ýokary okuw mekdebiniň rektory we ýolbaşçy düzümi bilen netijeli duşuşyk geçirdi. Duşuşygyň esasy maksady – iki ýurduň ýokary okuw mekdepleriniň arasyndaky ylmy-bilim hyzmatdaşlygyny has-da giňeltmek, häzirki zaman bilim tejribelerini paýlaşmak we geljegi uly bolan bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmegiň täze mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşmakdan ybarat boldy. Gepleşikleriň dowamynda taraplar iki ýurduň uniwersitetleriniň arasynda göni gatnaşyklary ýola goýmagyň we akademiki alyş-çalyş maksatnamalaryny işjeňleşdirmegiň wajypdygyny nygtadylar. Esasanam, ynsanperwer ylymlary, halkara gatnaşyklary, diplomatik ugurlar we dünýä ykdysadyýeti ýaly ugurlarda italýan ýokary okuw mekdepleri bilen tejribe alyşmak meselelerine aýratyn üns berildi. Mälim bolşy ýaly, Türkmenistan bilen Italiýanyň arasyndaky syýasy-diplomatik we medeni gatnaşyklar köpasyrlyk taryha hem-de özara ynanyşmaga esaslanýar. Medeniýet we ylym ulgamy bolsa halklary has-da golaýlaşdyrýan iň ygtybarly köpridir. Duşuşygyň çäginde taraplar ýokary okuw mekdebinde italýan medeniýetini, taryhyny we dilini öwrenmäge bolan gyzyklanmany goldamak, okuw maksatnamalaryny baýlaşdyrmak barada hem pikir alyşdylar. Bu geçirilen duşuşyk diňe bir uniwersitet derejesinde däl, eýsem, umumylykda Türkmenistan bilen Italiýa Respublikasynyň arasyndaky medeni-ynsanperwer gatnaşyklaryň täze mazmun bilen baýlaşmagyna we bilim diplomatiýasynyň has-da dabaralanmagyna uly goşant goşar. Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersiteti
Студенты языкового вуза Туркменистана проходят стажировку в России
С 29 июня по 5 июля группа студентов Туркменского национального института мировых языков имени Довлетмаммета Азади проходит интенсивную программу речевой практики по русскому языку в Москве. Участниками данной стажировки стали 18 студентов факультета русского языка и литературы, успешно прошедшие двухэтапный конкурсный отбор. При формировании состава делегации учитывались результаты комплексного тестирования по дисциплинам филологического цикла, уровень владения русской речью, мотивация к изучению языка, академическая успеваемость и общественная активность. Учебная поездка организована в соответствии с Меморандумом о сотрудничестве между Туркменским национальным институтом мировых языков имени Довлетмаммета Азади и Набережночелнинским государственным педагогическим университетом. Программа речевой практики подготовлена Набережночелнинским государственным педагогическим университетом при поддержке Министерства просвещения Российской Федерации и Фонда гуманитарных проектов «Моя история» в рамках образовательного проекта «Учусь великому!». Практика включает 72 академических часа интенсивной подготовки. В ходе стажировки студенты принимают участие в лекционных и практических занятиях, посвящённых современному русскому языку, русской литературе, культуре речи, истории русского слова, литературному краеведению и особенностям русской языковой картины мира. Занятия проводят Константин Калинин и Галина Фролова, кандидаты филологических наук, преподаватели кафедры русской и татарской филологии Набережночелнинского университета. Важной составляющей программы является культурно-просветительский блок. Для участников предусмотрены экскурсии по историческому центру Москвы, посещение Государственного музея М.А. Булгакова, исторического парка «Россия – Моя история», а также знакомство с театральным искусством. Такой формат позволяет объединить академическую подготовку с непосредственным погружением в языковую и культурную среду, способствуя развитию коммуникативных компетенций студентов. По завершении обучения участники пройдут итоговую аттестацию, примут участие в круглом столе, посвящённом результатам образовательной программы, после чего им будут торжественно вручены сертификаты установленного образца. Участие туркменских студентов в образовательной программе во многом будет способствовать совершенствованию языковой подготовки студентов, расширению межвузовского взаимодействия, внедрению современных образовательных подходов, созданию дополнительных возможностей для профессионального роста будущих специалистов и повышению качества языкового образования в соответствии с современными международными стандартами.
Туркменские студенты-лингвисты проходят летнюю языковую практику в вузах Кореи и Германии
Студенты Туркменского национального института мировых языков имени Довлетмаммета Азади совершенствуют профессиональные навыки в рамках летней языковой практики, которая проходит на базе ведущих вузов Кореи и Германии. С 29 июня по 6 июля стажировку в Корее проходит группа из 6 лучших студентов факультета восточных языков и литературы, показавших высокие результаты в изучении корейского языка. Учебная поездка организована в рамках Меморандума о взаимопонимании в сфере научного и образовательного сотрудничества между Туркменским национальным институтом мировых языков имени Довлетмаммета Азади и Канвонским национальным университетом (KNU). На базе партнерского университета Кореи, расположенного в городе Чхунчхон, студенты института осваивают углубленные дисциплины по развитию речи. Образовательная программа для студентов предусматривает расширение теоретических знаний и практических профессиональных навыков, а также знакомство с древней и богатейшей культурой Востока, национальными ценностями и традициями корейского народа. В рамках сотрудничества туркменского языкового института с ведущими вузами зарубежных стран аналогичную стажировку в Германии проходят 15 наиболее активных и талантливых студентов факультета европейских языков и литературы. Данная стажировка организована на основе Соглашения об академическом и культурном сотрудничестве между Туркменским национальным институтом мировых языков имени Довлетмаммета Азади и факультетом педагогических наук – Философия III Университета имени Мартина Лютера в Галле-Виттенберге. Основная цель учебно-практической программы заключается в развитии у студентов практических навыков владения немецким языком и педагогических компетенций. Интенсивная речевая практика включает 72 часа академических занятий, в ходе которых студенты знакомятся с современными лингвистическими подходами и передовым опытом в системе образования. Полученные в ходе практики знания и практические навыки будут способствовать совершенствованию профессиональной подготовки будущих педагогов иностранных языков, развитию их коммуникативной культуры. Участие студентов ТНИМЯ им.Азади в международных программах языковой практики является очередным подтверждением последовательной и плодотворной работы вуза по расширению академического обмена, повышению качества языкового образования и укреплению сотрудничества с ведущими зарубежными образовательными центрами. Широкие научно-образовательные возможности туркменского и зарубежных вузов-партнеров позволяют налаживать эффективное взаимодействие в области проведения совместных научных исследований и образовательных мероприятий, повышения квалификации педагогов, совместной подготовки учебных программ и электронных пособий, а также развития академической мобильности студентов. Анастасия Касьянова
Студенты аграрного университета Туркменистана проходят стажировку в Ташкенте
В период с 22 июня по 4 июля студенты факультета механизации сельского хозяйства Туркменского сельскохозяйственного университета имени С.А. Ниязова проходят учебно-производственную практику в Ташкентском институте инженеров ирригации и механизации сельского хозяйства Республики Узбекистан. Главная цель стажировки – закрепление теоретических знаний на практике, совершенствование профессиональных навыков, обмен опытом, дальнейшее укрепление научно-образовательных связей между партнерскими вузами. В рамках двухнедельной практики для учащихся подготовлена насыщенная программа учебных и практических мероприятий, направленных на углубление знаний и расширение навыков в области аграрных и водохозяйственных инновационных технологий, а также приоритетных направлениях современной аграрной науки. Для студентов из Туркменистана ведущие профессора и преподаватели узбекского университета проводят тематические лекции. В ходе занятий особое внимание уделяется таким актуальным темам, как влияние глобального изменения климата на мелиоративное состояние сельхозугодий, расчет режимов орошения культур по специальным методикам ФАО, водосберегающие технологии, геоинформационные системы (ГИС) и инновационные методы дистанционного зондирования земли. Студенты участвуют в прикладных научных исследованиях в современных лабораториях института. Они самостоятельно выполняют лабораторные работы по проверке эффективности современных систем GPS, устанавливаемых на сельскохозяйственную технику, измерению теплопроводности защитных материалов и определению физико-механических свойств различных типов почв. В целях интеграции теоретических знаний и практической подготовки для студентов предусмотрены учебные экскурсии на ведущие предприятия агропромышленного и водохозяйственного секторов Узбекистана. В ходе поездок студенты детально знакомятся с опытом работы проектного института «UzGIP», компании «AGROMAX TEXNIC», «Школы водников», а также Республиканского центра испытаний и сертификации сельскохозяйственной техники и технологий. Помимо учебы и практики, программа визита включает культурные мероприятия - посещение достопримечательностей, культурных центров и музеев Ташкента. Напомним, что в период с 16 мая по 1 июня студенты Ташкентского института инженеров ирригации и механизации сельского хозяйства прошли аналогичную стажировку в Туркменском сельскохозяйственном университете имени С.А. Ниязова. Для узбекской делегации был организован теплый прием на высоком уровне и большая программа культурных и образовательных мероприятий. Взаимные стажировки студентов проходят ежегодно в рамках Соглашения о сотрудничестве между двумя вузами дружественных стран, подписанного в апреле 2018 года. Данные мероприятия, проводимые по программе академического обмена, во многом способствуют успешному развитию гуманитарных и дружественных туркмено-узбекских отношений, плодотворному обмену ценным опытом в области сельского хозяйства и аграрного образования и повышению качества подготовки будущих специалистов для АПК. Анастасия Касьянова
Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersiteti THE Sustainability Impact Ratings 2026 dünýä reýtingine girizildi
2026-njy ýylyň 24-nji iýunynda Beýik Britaniýanyň Times Higher Education (THE) agentligi tarapyndan ýokary okuw mekdepleriniň Birleşen Milletler Guramasynyň (BMG) Durnukly ösüş maksatlarynyň (SDG) 17-sine goşýan goşandyny bahalandyrýan THE Sustainability Impact Ratings 2026 dünýä reýtinginiň netijeleri yglan edildi. 2026-njy ýylda bu reýting ilkinji gezek THE Sustainability Impact Ratings ady bilen neşir edildi. Ozal ol THE Impact Rankings ady bilen çap edilýärdi we 2019-njy ýyldan bäri ýokary okuw mekdepleriniň durnukly ösüş ulgamyndaky işini bahalandyrýan iň abraýly halkara reýtingleriň biri hasaplanýar. 2026-njy ýylyň reýtingine dünýäniň 116 ýurdundan we sebitinden 1 646-a golaý ýokary okuw mekdebi gatnaşdy. Jemleýji reýtinge girizilmek üçin uniwersitetler BMG-niň Durnukly ösüş maksatlarynyň azyndan dördüsi boýunça maglumat hödürlemeli bolup, olaryň arasynda SDG 17 – «Durnukly ösüş üçin hyzmatdaşlyk» hökmany görkeziji bolup durýar. Türkmenistanyň ýokary bilim ulgamynyň taryhynda ilkinji gezek üç sany ýokary okuw mekdebi THE Sustainability Impact Ratings reýtinginiň sanawyna girizildi. Bu bolsa milli ýokary bilim ulgamynyň halkara derejesinde ykrar edilýändiginiň hem-de ýurtda durnukly ösüş ýörelgelerini durmuşa geçirmek boýunça alnyp barylýan işleriň netijeliliginiň aýdyň subutnamasydyr. Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersiteti 2022-nji ýyldan bäri, ýagny yzly-yzyna bäşinji ýyl, bu abraýly halkara reýtinge üstünlikli gatnaşyp, bilim, ylym, innowasiýa we halkara hyzmatdaşlygy ugurlarynda gazanan ýokary derejesini nobatdaky gezek tassyklady. 2026-njy ýylyň netijeleri boýunça uniwersitet aşakdaky görkezijilere eýe boldy: SDG 4 – «Hilli bilim»: dünýäde 401–600-nji orun (Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleriniň arasynda iň ýokary netije); SDG 7 – «Elýeterli we arassa energiýa»: 601–800-nji orun; SDG 9 – «Senagat, innowasiýalar we infrastruktura»: 601–800-nji orun; SDG 17 – «Durnukly ösüş üçin hyzmatdaşlyk»: we dünýä reýtingine girizildi. Geçen ýyl bilen deňeşdirilende uniwersitet SDG 4, SDG 7 we SDG 9 ugurlary boýunça öz görkezijilerini gowulandyrdy. Bu bolsa bilim işiniň, ylmy-barlaglaryň, halkara hyzmatdaşlygynyň, innowasion infrastrukturasynyň hem-de durnukly ösüş ýörelgeleriniň yzygiderli ösdürilýändigini görkezýär. Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň THE Sustainability Impact Ratings 2026 reýtingine gatnaşmagy uniwersitetiň alyp barýan işiniň durnukly ösüş babatda häzirki zaman halkara talaplaryna laýyk gelýändigini tassyklaýar hem-de onuň BMG-niň Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmäge goşýan goşandynyň halkara derejesinde ykrar edilýändiginiň nyşany bolup durýar. Gazanylan netijeler uniwersitetiň halkara abraýynyň mundan beýläk-de ýokarlanmagyna, daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen hyzmatdaşlygyň giňeldilmegine hem-de Türkmenistanyň ýokary bilim ulgamynyň dünýä bilim giňişligindäki bäsdeşlige ukyplylygynyň artmagyna ýardam eder. Yym-bilim ulgamyny döwrebaplaşdyrmak, halkara hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmak babatdaky taýsyz tagallalary, ýaş nesil hakynda edýän yzygiderli aladalary, döredip berýän mümkinçilikleri, şertleri üçin hormatly Prezidentimize hem-de Gahryman Arkadagymyza tüýs ýürekden sagbolsunlarymyzy aýdýarys. Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, il-ýurt bähbitli, döwlet ähmiýetli alyp barýan beýik işleri hemişe rowaçlyklara beslensin! Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersiteti
“BILIM” ŽURNALYNYŇ TÄZE SANY ÇAPDAN ÇYKDY
Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň “Bilim” ylmy-usuly žurnalynyň täze sany çapdan çykdy. Žurnalyň şu gezekki ýagny 2026-njy ýylyň 3-nji sany “Ýurdumyzyň bilim syýasaty” atly rubrika bilen açylýar. “Şanly seneleriň didaktiki mazmuny pedagogik işi guramakda gollanmadyr” atly makalada döwürleýin metbugata mahsus bolan ruhda üstümizdäki ýylyň maý-iýun aýlarynda döwlet derejesinde geçirilýän jemgyýetçilik çäreleriniň, toý-baýramlaryň giň many-mazmunyny beýan etmek hem-de şeýle çäreleriň ýaş nesli terbiýelemekdäki täsirini wagyz etmek maksadyndan ugur alynýar. Paýtagtymyzda we ýurdumyzyň ähli künjeklerinde ýokary baýramçylyk ruhunda dabaralaryň guralýandygy hem-de olaryň bilim işgärleriniň işiniň guramaçylyk mazmuny üçin uly ähmiýetiniň bardygy nygtalýar. Şol rubrikada “Halkara olimpiadasynda gazanylan uly ýeňiş” atly makala ýerleşdirilip, onda şu ýylyň 24-nji aprelinde Türkmenistanyň Bilim ministrliginde 2026-njy ýylyň 15 – 23-nji apreli aralygynda Russiýa Federasiýasynyň M.W.Lomonosow adyndaky Moskwa döwlet uniwersitetiniň guramagynda geçirilen 60-njy Halkara Mendeleýew himýa olimpiadasynda ýeňiş gazanan mekdep okuwçylarymyzy sylaglamak dabarasynyň bolandygy barada gyzykly maglumatlar, ýürek sözleri berilýär. Ýurdumyzyň bilim ulgamyny ösdürmekde halkara gatnaşyklarynyň ähmiýetine döwlt derejesinde uly üns berilýändigi mälimdir. Şunuň bilen baglanyşyklylykda neşir edilen “Pedagogik işgärleri taýýarlamakda halkara hyzmatdaşlygy: Russiýanyň we Türkmenistanyň bilelikdäki tejribesi” atly makala Tatarystanyň Naberežnyýe Çelny döwlet uniwersitetiniň Türkmenistanyň bilim edaralary bilen hyzmatdaşlygynyň tejribesine bagyşlanýar. Onda, hyzmatdaşlygyň 2009-njy ýyldan bäri geçen döwründe, şu okuw mekdebinde türkmen ýaşlarynyň ençemesiniň bilim alandygy bellenilýär. Halkara tejribesiniň, netijeli usulyýetleriň mazmuny beýan edilýär. Makalanyň ýazary agzalan döwürde şol uniwersitetde türkmen ýaşlarynyň 1000-den gowragynyň ýokary bilim alandygyny, 700-den gowrak türkmenpedagogynyň gatnaşmagynda hünäri ýokarlandyrmagyň üç basgançakly maksatnamasynyň, bilelikdäki okuw-usuly gollanmalaryň işlenip taýýarlanylandygyny, 1-nji synp okuwçylary üçin rus dili dersi boýunça wideosapaklaryň 70-siniň taýýarlanylandygyny, geljekde Naberežnyýe Çelny döwlet uniwersitetiniň Türkmenistanda bölümçesini açmaklygyň göz öňünde tutulýandygyny belleýär. Syýasy sahypalardan soňra, žurnalyň sahypalarynda ylmy makalalara giň orun berilýär. “Ylmy makalalar” atly rubrikada bilim ministiriniň “Seljuklarda bilim-terbiýe işiniň guralyşy” atly makalasy ýerleşdirilip, ol şu rubrikada berlen makalalaryň 13-sine bijebaşylyk edýär. Makalada Gahryman Arkadagymyzyň hem-de hormatly Prezidentimiziň öňe sürýän bilim we terbiýe hakdaky taglymatlary, üstünlikli amala aşyrylýan bilim özgertmeleri hem-de ýaş nesillere berilýän bilimiň türkmen halkynyň gadymyýetinden gözbaş alýandygy, pedagogik mekdebiniň üznüksizdigi, bitewüdigi, millidigi, döwrebapdygy, bilim işiniň dowamat-dowam bolmagynda aýratyn hyzmatynyň bardygy nygtalýar. Makalada Seljuklar döwründe bilim işiniň guralyşy takyk ylmy maglumatlar esasynda beýan edilip, şol tejribäniň şu günki günde bilim işinde eýeleýän ähmiýetli orny, onuň geçmişi, şu güni hem-de geljegi baglanyşdyrýandygy, atygsaýan ýaş kalby eziz ýurduna, mähriban halkyna söýgüden we wepalylyk duýgusyndan doly, maksady aýdyň Watan perzentlerini terbiýelemekdäki ähmiýeti nygtalýar. Ylmy makalalar rubrikasynda ýerleşdirilen “Mekdep okuwçylaryna berilýän bilimiň hilini bahalandyrmakda barlagnamalaryň orny we ähmiýeti” atly makalada okaýanlara berilýän bilimiň bahalandyrylmagy, geçirilýän barlagnamalara gatnaşyjylaryň görkezýän netijeleriniň deňeşdirmeleri, okuwçylaryň özbaşdak işläp bilmek endiklerini ösdürmegiň netijeli usullary baradaky (döwrebap işleýän mugallymlar üçin gyzykly boljak) maglumatlara giň orun berilýär. “Gahryman Arkadagymyzyň eserleriniň diliniň çeperçilik aýratynlygy” atly ylmy makalada türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň eserlerinde nusgawy edebi dil däpleriniň ýokary derejededigi buýsanç bilen bellenilýär. Onuň häzirki zaman türkmen diliniň leksik baýlygy bilen sazlaşýandygyny ýazar aýratyn hasaba alýar. Eserlerde metaforalaryň we epitetleriň ussatlyk bilen ulanylmagynyň Gahryman Arkadagymyzyň awtorlyk filosofiýasynyň örän çuňlugyny ýene-de bir gezek aýan edýändigine makalanyň ýazary okyjylaryň ünsüni çekýär. “Mahmyt Kaşgarlynyň “Diwany lugat at-türk” eserinde çagalar barada maglumat” atly makalada türki halklaryň gadymy gymmatly ýazuwly çeşmesine, sözlükdäki çagalar bilen baglanyşykly leksika üns berlipdir. “Mahmyt Kaşgarlynyň “Diwany lugat at-türk” eseriniň ähmiýetini düşündirmek ideýasy işiň içinden eriş-argaç bolup geçýär. Ylmy leksik düşündirişler makalanyň başyndan ahyryna çenli üznüksiz alnyp barlypdyr. Makalada XI asyrda ýazylan bu eseriň türki halklaryň taryhyny, medeniýetini, däp-dessurlaryny, ynançlaryny we jemgyýetçilik gurluşyny öwrenmekde ygtybarly çeşmedigi hem aýdylýar. “Gahryman Arkadagymyzyň eserlerinde syýasy-ahlak filosofiýasynyň beýany” atly makalada milli ahlak filosofiýasynyň türkmenleriň köp asyrlyk taryhy ösüşiniň täsirinde kemala gelendigi, onuň milli ruhy däp-dessurlaryň binýadyna esaslanýandygy bellenilýär. Bu filosofiýada “Döwlet adam üçündir!” diýen ýörelgä salgylanylýar, onda adalatlylygyň, watanperwerligiň, päk ýürekliligiň etiki nusgasy özüniň giňişleýin beýanyny tapýar. Ýene-de şol rubrikada ýerleşdirilen “Ylym adam maýasyny toplamagyň esasy şertidir” atly ylmy makalada jemgyýetde adam maýasyny toplamagyň esaslary görkezilýär. Ylmy mümkinçilikleriň yzygiderli ösdürilmegi hünärmenleriň ussatlygyk derejesini kesgitlemekde uly ähmiýete eýedir. Agzalan makalada ýokary tizlik bilen üýtgeýän dünýäde üstünlik gazanmak üçin, adam maýasynyň toplanylmagy, zerur bolan pikirleniş başarnygynyň kemala getirilmegi dogrusyndaky gymmatly pikirler beýan edilýär. “Mekdebe çenli terbiýe” atly rubrikada berlen makalalarda çagalarda kitap okamaga söýgini ösdürmegiň usullary dogrusynda makalanyň ýazarynyň hünärmen hökmünde sagdyn pikiraýtmalary bar. Şol rubrikadaky “Mekdebe çenli ýaşly çagalara zähmet endiklerini öwretmek ahlak terbiýesini kemala getirmegiň esasydyr” diýlip atlandyrylan makalada zähmet endiklerini öwretmek bilen ahlak terbiýesini kemala getirmegiň psihologik sazlaşygyna üns çekilýär, zähmetiň çaganyň akylynyň, duýgularynyň ösmegine, gyzklanmalarynyň artmagyna, gylyk-häsiýetiniň kemala gelmegine täsir edýändigi babtdaky pedagogik pikirlere giň orun berilýär. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň umumybilim edaralarynda bilimiň hili we mazmuny babatda düýpli özgertmeler geçirilýär. “Umumybilim berýän mekdep” atly rubrikada şol döwrebap özgertmeleri beýan edýän makalalar ýerleşdirilendir. Şular bilen baglanyşyklylykda, halk pedagogikasynda türkmen milli oýunlarynyň terbiýeçilik ähmiýeti, standart däl meseleleri çözmegiň aýratynlyklary, iňlis dilini öwretmekde interaktiw tagtadan peýdalanmak, halkara iňlis güni baradaky maglumatlara-da giň orun berilýär. “Ýokary bilim” atly rubrikada Magtymgulynyň döredijiligi – terbiýe mekdebi, ýokary okuw mekdeplerinde türkmen we iňlis dillerindäki atlaryň köplüginiň degşirme usuly arkaly öwredilişi, okuw sapaklarynda halk tanslaryny öwretmegiň usulyýeti, okuw sapaklarynda talyplaryň tankydy pikirlenmesini ösdürmekde emeli aňyň ähmiýeti, ýokary bilimde fizikany iňlis dilinde öwretmegiň usulyýeti baradaky ýerleşdirilen makalalarda bilim ulgamyny kämilleşdirmegiň häzirki zaman talaplaryndan ugur alynýar. Umuman aýdylanda, žurnalyň täze çapdan çykan 2026-njy ýylyň 3-nji sanynda sanynda ýurdumyzda üstünlikli amala aşyrylýan bilim syýasatynyň talaplarynda innowasion esasly, dünýä tejribesine esaslandyrylyp ösdürilýän milli bilim ulgamyny, onuň ösüp gelýän ýaş nesli giň dünýägaraýyşly, innowasion tehnologiýalary başarnykly dolandyrmaga ukyply, häzirki zaman özgerdişli senagat toplumlaryndan baş çykarmaga taýýar hünärmenleriň täze neslini kemala getirmekdäki ähmiýetli orny baradaky agramly makalalara giň orun berilýär. Şonuň ýaly-da, žurnalyň täze sanynyň sahypalarynda bilim işgärleriniň tutanýerli zähmeti öz beýanyny tapýar. “Bilim” žurnaly
Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň talyplary Hytaýyň nebit uniwersitetinde okuw-önümçilik tejribeligini geçýärler
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda hem-de türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň parasatly başlangyçlary netijesinde ýurdumyzyň bilim ulgamy dünýäniň ösen döwletleriniň bilim giňişligine işjeň goşulyşýar. Ýurdumyzda ylym-bilim ulgamyny döwrebaplaşdyrmak, halkara hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmak, sanly bilim tehnologiýalaryny ornaşdyrmak we milli bilimiň dünýä ülňülerine laýyklygyny üpjün etmek ugrunda giň gerimli işler amala aşyrylýar. Soňky ýyllarda halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmek, daşary ýurtlaryň abraýly ýokary okuw mekdepleri, ylmy merkezleri we kompaniýalary bilen özara bähbitli gatnaşyklary giňeltmek döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň birine öwrüldi. Bu babatda halkara bilim maksatnamalary uniwersitetiň professor-mugallymlary hem-de talyp ýaşlary üçin uly mümkinçilikleri döredýär. Türkmenistan döwletimiziň ykdysadyýetiniň esasy ugurlarynyň biri bolan nebitgaz pudagy halkara hyzmatdaşlygynyň esasyndaösen derejelere ýetdi. Ýurdumyzda hereket edýän önümçiliklerde ornaşdyrylan az galyndyly, energiýany tygşytlaýan tehnologiýalaryň esasynda halkara standartlara laýyk gelýän önümler öndürilýär. Ýurdumyzyň gazylyp alynýan ýerasty baýlyklaryň dürli görnüşlerine we gorlaryna eýe bolmagy himiýa, gazhimiýa, nebit senagatynyň we beýleki pudaklaryň ösüşine uly itergi berýär. Şonuň netijesinde ýurdumyzda ýangyç-energetika, senagat-önümçilik toplumlary yzygiderli gurulýar, giň möçberli maksatnamalar üstünlikli durmuşa geçirilýär. 2023-nji ýylda Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersiteti bilen Hytaýyň nebit uniwersitetiniň (Pekin şäheri) arasynda ylym-bilim ulgamynda hyzmatdaşlyk etmek boýunça özara düşünişmek hakynda Ähtnama baglaşyldy. 2026-njy ýylyň 16-njy aprelinde Hytaýyň Bilim ministrliginiň Hytaý-daşary ýurt dilleri alyş-çalyş we hyzmatdaşlyk merkeziniň, Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň we Hytaýyň nebit uniwersitetiniň arasynda energetika ulgamynda halkara hyzmatdaşlygyny ýola goýmak maksady bilen, bilelikdäki Türkmen-Hytaý energetika okuw merkezini döretmek barada Ylalaşyga gol çekildi. Ylalaşygyň çäklerinde Türkmenistanyň nebitgaz toplumy üçin ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamak, Hytaýyň Milli nebitgaz korporasiýasynyň tejribesi bilen tanyşmak we ugurdaş ýokary okuw mekdepleriň tejribesini öwrenmek maksady bilen, häzirki wagtda, ýagny şu ýylyň 29-njy iýuny 20-nji iýuly aralygynda mugallymyň ýolbaşçylygynda uniwersitetiň talyp ýaşlary Pekin şäherinde ýerleşýän Hytaýyň nebit uniwersitetinde okuw-önümçilik tejribeligini geçýärler. Üç hepdelik dowam edýän tomusky okuw-önümçilik tejribeligi üçin Hytaýyň nebit uniwersiteti tarapyndan ýörite meýilnama taýýarlanyldy. Meýilnama laýyklykda uniwersitetiň talyplary Hytaýyň nebit uniwersiteti, onuň okuw tejribehanalary, okuw merkezleri, muzeýleri, bilen tanyşýarlar. Talyp ýaşlarymyz tejribeligiň dowamynda Hytaýyň Milli nebitgaz korporasiýasyna (CNPC) we onuň önümçilik desgalaryna, Hytaýyň geologiýa muzeýine, Hytaýyň ylym we tehnika muzeýine, Beýik Hytaý diwaryna baryp görerler. Şeýle hem talyplar “Hytaý diliniň esaslary”, “Hytaý medeniýeti” boýunça hem-de “Ýaşyl energiýa, uglerod zyňyndylaryny azaltmak”, “Nebitiň we gazyň gelejegi”, “Ýüpek ýoly boýunça energetika hyzmatdaşlygyň gelejegi” atly gysga möhletli okuwlara gatnaşarlar. Okuw-önümçilik tejribeliginiň dowamynda talyplar okuw prosesine sanly tehnologiýalaryň giňden ornaşdyrylyşy, emeli aňyň bilim ulgamyndaky mümkinçilikleri, interaktiw okatmagyň usullary, ylmy-barlag işleriniň alnyp barlyşy, Hytaýyň nebit uniwersitetinde bilim alýan, hytaý talyplary we türkmen ýaşlary bilen ýakyndan tanyşýarlar hem-de tejribe alyşýarlar. Hytaýyň nebit uniwersiteti bilen baglaşylan Ähtnamanyň we Ylalaşygyň çäklerinde geçirilýän bu okuw-önümçilik tejribeliginiň talyp ýaşlaryň nazaryýetde alan bilimlerini önümçilikde pugtalandyrmaga, dünýäniň öňdebaryjy ylmy-bilim tejribelerini öwrenmäge, innowasion tehnologiýalary milli bilim ulgamyna ornaşdyrmaga hem-de halkara hyzmatdaşlygyny has-da giňeltmäge giň mümkinçilikleri döredýär. Netijede, bu okuw-önümçilik tejribeligi Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersiteti bilen daşary ýurtlaryň ugurdaş ýokary okuw mekdepleriniň, kompaniýalarynyň arasynda özara bähbitli hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine, ylym- bilim ulgamynda täze başlangyçlaryň ýola goýulmagyna, şeýle hem ýurdumyzyň bilim ulgamynyň halkara giňişligindäki abraýynyň has-da ýokarlanmagyna öz mynasyp goşandyny goşar. Bilim-terbiýeçilik edaralarynyň işini kämilleşdirmek, ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamak babatdaky taýsyz tagallalary, ýaş nesil hakynda edýän yzygiderli aladalary, döredip berýän mümkinçilikleri, şertleri üçin hormatly Prezidentimize hem-de Gahryman Arkadagymyza tüýs ýürekden sagbolsunlar aýdýarys. Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, il-ýurt bähbitli, döwlet ähmiýetli alyp barýan beýik işleri hemişe rowaçlyklara beslensin! Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersiteti
KOREÝ DILI HÜNÄRINIŇ TALYPLARY KOREÝA RESPUBLIKASYNDA OKUW TEJRIBELIGINI GEÇÝÄRLER
Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri instituty Aziýa sebitiniň öňdebaryjy ylym-bilim ojaklary bilen özara bähbitli gatnaşyklary yzygiderli giňeldýär. Häzirki wagtda dünýä dillerini çuňňur özleşdirýän ýaş hünärmenleriň amaly bilimlerini ýokary derejä çykarmak we olaryň dünýägaraýşyny baýlaşdyrmak maksady bilen, halkara derejeli täze başlangyçlar durmuşa ornaşdyrylýar. Şu nukdaýnazardan, «Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri instituty bilen Kangwon milli uniwersitetiniň arasynda ylym we bilim babatda hyzmatdaşlyk etmek barada Özara düşünişmek hakynda Ähtnamanyň» çäklerinde institutyň talyplary gündogar ýurduna ugradyldy. Resminamalara laýyklykda, 2026-njy ýylyň 29-njy iýunyndan 6-njy iýuly aralygynda Koreýa Respublikasynyň Çhunçhon şäherinde ýerleşýän Kangwon milli uniwersitetinde institutyň Gündogar dilleri we edebiýaty fakultetiniň koreý dili hünärinde bilim alýan, okuwda we jemgyýetçilik işlerinde uly üstünlikleri gazanan 6 sany talyp okuw tejribeligini geçýärler. Talyplaryň koreý dilini, medeniýetini öwrenmek we amaly endikleri kemala getirmek isleglerini özünde jemleýän maksatnamanyň çäklerinde institutyň talyplary çuňlaşdyrylan sözleýiş derslerini yzygiderli özleşdirýärler. Koreý we türkmen taraplarynyň bilim ulgamyndaky şeýle mümkinçilikleri geljekde iki ýokary okuw mekdebiniň arasynda sanly bilim mümkinçiliklerini birleşdirmäge, bilelikde halkara maslahatlary guramaga, professor-mugallymlaryň hünär tejribelerini kämilleşdirmäge we gündogarşynaslyk ylmyny täze derejä götermäge amatly binýat bolup hyzmat edýär. Munuň bilen birlikde, taraplaryň döwrebap bilim platformalarynda alyp barýan hyzmatdaşlygy talyplara diňe bir hünär amalyýetini däl, eýsem gündogaryň gadymy we baý medeniýeti, milli gymmatlyklary, asylly däp-dessurlary bilen içgin tanyşmaga-da giň ýol açýar. Şeýle innowasion tejribe alşylmagy geljekde bilelikdäki okuw maksatnamalaryny we elektron gollanmalary düzmekde, sanly maglumat ulgamlaryny özara utgaşdyrmakda hem-de iki ýurduň ýaş alymlarynyň arasynda ylmy we döredijilikli köprüleri gurmakda täze, taryhy sepgitleriň başlangyjy bolup durýar. Şeýle ýokary derejede guralýan halkara hyzmatdaşlyk talyplarymyzyň hünär taýdan kämilleşmegine uly itergi bermek bilen bir hatarda, Türkmenistan bilen Koreýa Respublikasynyň arasyndaky ylmy-ynsanperwer we dostlukly gatnaşyklaryň has-da durnukly ösmegine saldamly goşant goşýar. Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri instituty
Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň wekiliýeti Urumçy şäherinde iş saparynda boldy
Ýakynda Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň rektory O.Öwezsähedow, gündogar dilleri kafedrasynyň mugallymlary N.Hezziýewa we A.Allagulyýew türkmen wekiliýetiniň düzüminde Hytaý Halk Respublikasynyň Urumçy şäherinde geçirilen “Önümçilik, okuw, ylym we tejribe ugrunda hyzmatdaşlyk boýunça Merkezi Aziýa-Hytaý” maslahatyna gatnaşmak üçin iş saparynda boldular. Iş saparynyň dowamynda “Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň (Türkmenistan), Bilim ministrliginiň Halkara dil bilimi we hyzmatdaşlyk merkeziniň (Hytaý Halk Respublikasy) we Sinszýan mugallymçylyk uniwersitetiniň (Hytaý Halk Respublikasy) arasynda hytaý dilini okatmak çygryndaky hyzmatdaşlyk hakynda Çarçuwaly Ylalaşyga”, şeýle hem Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň we Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň rektorlarynyň gatnaşmagynda hytaý tarapy bilen üçtaraplaýyn Çarçuwaly ylalaşyklara gol çekildi. Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersiteti tarapyndan gol çekilen Ylalaşygyň çäklerinde bilelikdäki ylmy-barlag we bilim işlerini amala aşyrmaga gönükdirilen akademiki we ylmy hyzmatdaşlygy ýola goýmak we ösdürmek, medeni gatnaşyklary giňeltmek we şonuň bilen bitewi bilim, medeni we maglumat giňişligini kemala getirmek maksat edilýär. Bu ugurda öňde durýan wezipeleriň hatarynda bilim işini usulyýet taýdan üpjün etmek, mugallymlary we alymlary alyşmak, okuw gollanmalaryny bilelikdeişläp taýýarlamak, özara bähbitli ugurlar boýunça mugallymlaryň hünärini we bilim derejesini ýokarlandyrmak bilen bagly maksatnamalaryny durmuşa geçirmek, Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň hytaý dili mugallymlary üçin taýýarlyk hem-de hünäri ýokarlandyryş okuwlaryny guramak, özara bähbitli ugurlarda bilelikdäki ylmy barlaglary ýola goýup, akademiki çäreleri bilelikde geçirmek we ylmy, usuly makalalary neşir etmek ýaly işleri durmuşa geçirmek meýilleşdirilýär. Bu Ylalaşyklara gol çekilmegi Türkmenistan bilen Hytaý Halk Respublikasynyň arasynda öňden gelýän oňyn hyzmatdaşlyk gatnaşyklarynyň nobatdaky beýany boldy. Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersiteti
Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň mugallymlary ERASMUS+ maksatnamasynyň çäginde geçirilen maslahata gatnaşdylar
Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň ekologiýa kafedrasynyň müdiri Ş.Aşyrmyradowa we şol kafedranyň mugallymy E.Perdäýew 22 – 26-njy iýun aralygynda Gyrgyz Respublikasynyň Bişkek şäherinde geçirilen «Merkezi Aziýada howa durnuklylygy we howpsuzlygy üçin suw pudagynda ýokary bilimi pugtalandyrmak» (HWCA) atly taslamanyň jemleýji maslahatyna gatnaşdylar. Maslahat Almaty şäherindäki Gazak-Nemes uniwersitetiniň guramagynda Ýewropa Komissiýasynyň Brýussel şäherindäki Bilim, okatmagyň audiowizual serişdeleri we medeniýet baradaky ýerine ýetiriji agentliginiň (EACEA) ERASMUS+ maksatnamasynyň çäginde geçirildi. Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersiteti
Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynda syýasy söhbetdeşlik geçirildi
2026-njy ýylyň iýun aýynyň 29-na Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynda syýasy söhbetdeşlik geçirildi. Söhbetdeşligiň dowamynda «Türkmenistanda ýokary hünär bilimini ösdürmegiň 2026-2052-nji ýyllar üçin Strategiýasyny» amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň 2026-njy ýyl üçin meýilnamasynyň ýerine ýetirilişi barada birnäçe çykyşlar diňlenildi. Söhbetdeşlik dolulygyna «Altyn asyr - Türkmenistan» teleýaýlymy tarapyndan ýazgy edildi. Söhbetdeşligiň ahyrynda oňa gatnaşyjylar ýurdumyzda ylym-bilimi kämilleşdirmekde, halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmekde, ýaşlary ýokary derejeli hünärmenler edip ýetişdirmekde bimöçber tagallalary edýän Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş hem-de hoşallyk sözlerini beýan etdiler. Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş instituty
Täze taryhy döwürde ýokary hünär bilimini ösdürmekde türkmen-hytaý hyzmatdaşlygynyň strategik ugurlary
Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň hoşniýetli we ynsanperwer syýasaty Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyz tarapyndan üstünlikli durmuşa geçirilýär. Ýurdumyzda dünýä döwletleri hem-de halklary bilen müňýyllyklardan gözbaşyny alýan parahatsöýüjilikli özara ynanyşmak häsiýetine eýe bolan dost-doganlyk gatnaşyklary täze taryhy döwürde hil taýdan ýokary derejä çykarylýar. 2026-njy – «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda Gahryman Arkadagymyzyň Hytaý Halk Respublikasyna bolan saparynyň dowamynda gazanylan ylalaşyklaryň hem-de ýurdumyzda Türkmenistan bilen Hytaýyň gaz pudagyndaky hyzmatdaşlygynyň 20 ýyllygynyň dabarasyna bagyşlanyp geçirilen ýokary derejedäki çärelerde öňe sürlen pikirleriň netijesinde iki döwletiň arasynda dostluk we hyzmatdaşlyk gatnaşyklary täze sepgitlere gadam basdy. Gahryman Arkadagymyz “Ömrümiziň manysynyň dowamaty” atly kitabynda: “Türkmenistan bilen Hytaý Halk Respublikasynyň arasyndaky gatnaşyklar hemmetaraplaýyn strategik häsiýeti, uzak möhletleýinligi, iki ýurduň we sebitiň halklarynyň bähbitlerine gönükdirilenligi bilen tapawutlanýar” diýip belläp geçýär. Bu bolsa gözbaşyny taryhyň jümmüşinden alyp gaýdýan türkmen-hytaý gatnaşyklaryny häzirki zaman jemgyýetinde tutýan wajyp ornuny kesgitleýär. Ýurdumyzda ylym, bilim, önümçilik baglanyşygyny we olaryň bitewüligini berkitmekde we hünäriniň ussady bolan hünärmenleri taýýarlamakda halkara hyzmatdaşlygyna uly ähmiýet berilýär. Ýaş hünärmenleri döwrebap derejede taýýarlamaklygy kämilleşdirmek bilen baglanyşykly öňdebaryjy halkara tejribesini öwrenmek maksady bilen, ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň hünärmenlerinden düzülen wekiliýetler daşary ýurtlarda iş saparynda bolýarlar. 2026-njy «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany» ýylynyň 25-26-njy iýunynda ýurdumyzyň mugallymçylyk ugurly ýokary okuw mekdepleriniň 3-siniň, Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň, Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň we Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň ýolbaşçylary we hünärmenleri “Önümçilik, okuw, ylym we tejribe ugrunda hyzmatdaşlyk boýunça Merkezi Aziýa – Hytaý” maslahatyna gatnaşmak üçin Hytaý Halk Respublikasynyň Urumçi şäherinde iş saparynda boldular. Hytaýyň Halkara Sergiler merkezinde “Sanly aň-bilimiň mümkinçiliklerini giňeldýär, Ýüpek ýoly – geljegi baglanyşdyrýar” şygary astynda geçirilen forumyň açylyş dabarasynda çykyş eden ýokary okuw mekdeplerimiziň wekilleri bilim, ylym, önümçilik bitewüligini gazanmakda ýurdumyzda toplanan oňyn tejribeleri öz daşary ýurtly kärdeşleri bilen paýlaşdylar. Umumy mejlisiň dowamynda Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň, Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň we Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň Hytaý Halk Respublikasynyň Bilim ministrliginiň Halkara dil bilimi we hyzmatdaşlyk merkezi hem-de Sinszýan mugallymçylyk uniwersiteti bilen hyzmatdaşlyk etmek hakynda üçtaraplaýyn Çarçuwaly ylalaşyga gol çekmek dabarasynyň geçirilmegi bu forumyň işine has-da uly ähmiýet berdi. Forumyň işi 26-njy iýunynda ylmy maslahatlar görnüşinde dowam etdirildi. Bilimiň, ylmyň we önümçiligiň dürli ugurlaryna bagyşlanan bäş sany ylmy maslahat Urumçi şäheriniň iri bilim ojaklarynda alnyp baryldy. Hususan-da Hytaý-Merkezi Aziýa sebitini öwreniş ylmyna, şeýle hem, hytaý dilini okatmagyň usulyýetine bagyşlanan halkara ylmy maslahat Sinszýan mugallymçylyk uniwersitetinde geçirildi. Maslahatyň umumy mejlisinde we bölümlerinde çykyş eden türkmen hünärmenleri ýurdumyzda milli mirasy we ählumumy taryhy öwrenmekde döredilýän oňyn şertler we daşary ýurt dillerini okatmagyň usulyýetiniň kämilleşdirilişi hem-de bu ugurlar boýunça milli bilim ulgamynda ýetilen sepgitler barada çykyş etdiler. Maslahatyň dowamynda daşary ýurtly hünärmenler bilen toplanan tejribeler alşyldy we halkara hyzmatdaşlygynyň anyk ýollary maslahatlaşyldy. Halkara ylmy forumyň işi ýurdumyzda bilim ulgamyny kämilleşdirmekde halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmek üçin ähli şertleriň döredilýändigine we hünäriniň ussady bolan ýaş mugallymlary taýýarlamakda hil taýdan täze derejä çykylýandygynyň aýdyň subutnamasy boldy. Gelejegiň ussat mugallymlaryny taýýarlamakda ýola goýlan hyzmatdaşlygyň bilelikde alnyp baryljak ýol kartasyny ara alyp maslahatlaşmakda türkmen-hytaý wekilýetiniň ikitaraplaýyn duşuşygy aýratyn ähmiýetli boldy. Taraplaryň ileri tutýan ugurlaryň, olaryň döwrebaplygy we türkmen-hytaý hyzmatdaşlygynyň bilim, ylym we ynsanperwer ugurlarynyň Gahryman Arkadagymyzyň döwletli başlangyçlaryna esaslanýan, hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallasy netijesinde ösüşlere beslenýän dostlukly ýoly rowaçlandyrjak netijeleriniň boljakdygyna uly ynam bildirdiler. Çünki, häzirki zaman şertlerinde durmuşyň beýleki ugurlary bilen bir hatarda bilim ulgamynda türkmen-hytaý hyzmatdaşlygynyň yzygiderli ösdürilmegi “Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022-2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynda”, «Türkmenistanda ýokary hünär bilimini ösdürmegiň 2026-2052-nji ýyllar üçin Strategiýasynda» kesgitlenen wezipeleri amala aşyrmak bilen milli ykdysadyýetimiziň pudaklary üçin ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamakda mynasyp orna eýe bolup durýar. Ýokary okuw mekdepleriniň wekiliýeti ýokary hünär bilimini ösdürmek bilen öndebaryjy tejribeleri öwrenmekde, milli bilim ulgamynda gazanylan üstünlikleri paýlaşmakda, ýurdumyzda bilimiň hil we mazmun taýdan has-da kämilleşdirmegi ugrunda edýän tagallalary üçin türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza we hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş we hoşallyk sözlerini beýan etdiler. Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri instituty
Erasmus+ maksatnamasynyň çäklerinde halkara tejribe alyşmakda ylmy hyzmatdaşlyk ösdürilýär
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda hem-de türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň parasatly başlangyçlary netijesinde ýurdumyzyň bilim ulgamy dünýäniň ösen döwletleriniň bilim giňişligine işjeň goşulyşýar. Ýurdumyzda ylym-bilim ulgamyny döwrebaplaşdyrmak, halkara hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmak, sanly bilim tehnologiýalaryny ornaşdyrmak we milli bilimiň dünýä ülňülerine laýyklygyny üpjün etmek ugrunda giň gerimli işler amala aşyrylýar. Soňky ýyllarda halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmek, daşary ýurtlaryň abraýly ýokary okuw mekdepleri we ylmy merkezleri bilen özara bähbitli gatnaşyklary giňeltmek döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň birine öwrüldi. Bu babatda halkara bilim maksatnamalary türkmen ýokary okuw mekdepleriniň professor-mugallymlary hem-de talyplary üçin uly mümkinçilikleri döredýär. Şunuň bilen baglylykda, 2026-njy ýylyň iýun aýynyň 20-30-y aralygynda Bolgariýa Respublikasynyň Ruse şäherindäki Angel Knçew adyndaky Ruse uniwersitetinde Ýewropa Bileleşiginiň Erasmus+ maksatnamasynyň çäklerinde ýokary okuw mekdepleriniň professor-mugallymlarynyň arasynda okatmagyň netijeli usullaryny we innowasion iş tejribelerini ösdürmek, özara tejribe alyşmak hem-de ylmy hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak maksady bilen halkara çäreler geçirilýär. Bolgariýanyň demirgazygynda, Dunay derýasynyň kenarynda ýerleşýän Angel Knçew adyndaky Ruse uniwersiteti ýurduň öňdebaryjy köpugurly ýokary okuw mekdepleriniň biri bolup, 1945-nji ýylda döredilen hem-de döwletiň paýtagty – Sofiýadan daşarda açylan ilkinji ýokary tehniki okuw mekdebi hökmünde tanalýar. Häzirki wagtda uniwersitet Ruse, Razgrad, Silistra we Widin sebitlerinde bilim hem-de ylmy işleriň iri merkezleriniň biri bolup, onuň düzüminde sekiz fakultet, birnäçe ylmy-barlag merkezleri we sebit şahamçalary hereket edýär. Uniwersitet inženerçilik, maglumat tehnologiýalary, tebigy ylymlar, ykdysadyýet, hukuk, saglygy goraýyş hem-de pedagogika ýaly ugurlar boýunça ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlaýar. Şeýle hem uniwersitet Erasmus+ maksatnamasy boýunça 200-den gowrak hyzmatdaşlyk şertnamalaryny amala aşyryp, Ýewropanyň, Aziýanyň we Amerikanyň onlarça döwletleriniň ýokary okuw mekdepleri bilen netijeli hyzmatdaşlygy alyp barýar. Uniwersitetiň halkara derejesindäki işjeňligi onuň Ýewropa Bilim we Ylmy Gözlegler Giňişligine üstünlikli goşulyşandygyny görkezýär. Bu halkara çärelere Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň mugallymlary – Gadam Akmyradow, Aýna Nurmyradowa we Oguljan Akmyradowa iş saparynda bolup, halkara okuw maslahatyna gatnaşýarlar. Saparyň esasy maksady – ýokary bilim ulgamynda häzirki zaman pedagogiki çemeleşmeleri öwrenmek, okatmagyň innowasion usullary boýunça tejribe alyşmak, sanly bilim tehnologiýalaryny ornaşdyrmak boýunça öňdebaryjy tejribeleri öwrenmek hem-de halkara ylmy hyzmatdaşlygy giňeltmekden ybarat. Iş saparynyň ilkinji gününde dünýäniň on döwletinden, ýagny Albaniýa, Alžir, Müsür, Fransiýa, Iordaniýa, Çernogoriýa, Marokko, Tunis, Türkmenistan we Türkiýe ýaly döwletleriň ýokary okuw mekdepleriniň on üçüsinden wekilleriň gatnaşmagynda açylyş dabarasy geçirildi. Çärä gatnaşyjylar öz ýokary okuw mekdepleriniň bilim, ylym we innowasiýa ugurlarynda gazanan üstünlikleri, halkara hyzmatdaşlyk tejribeleri hem-de häzirki wagtda durmuşa geçirilýän taslamalar barada ýörite taýýarlanan prezentasiýalar bilen çykyş etdiler. Duşuşyklaryň dowamynda okuw prosesine sanly tehnologiýalary giňden ornaşdyrmak, emeli aňyň bilim ulgamyndaky mümkinçilikleri, garyşyk we sanly okuw modelleri, interaktiw okatmagyň usullary, ylmy-barlag işleriniň netijeliligini ýokarlandyrmak hem-de ýokary okuw mekdepleriniň halkara bäsdeşlige ukyplylygyny artdyrmak bilen bagly meseleler ara alnyp maslahatlaşylýar. Iş saparynyň çäklerinde guralýan “CompSysTech'26” (“International Conference on Computer Systems and Technologies”) atly kompýuter ulgamlary we tehnologiýalary boýunça halkara ylmy maslahat bolsa, dürli ýurtlardan gelen alymlary, gözlegçileri hem-de professor-mugallymlary bir ýere jemledi. Maslahatda emeli aň, maglumat ulgamlary, programma üpjünçiligi, sanly transformasiýa, kiberhowpsuzlyk, bulut tehnologiýalary, maglumat-kommunikasiýa ulgamlary hem-de kompýuter ulgamlarynyň kämilleşdirilmegi bilen bagly ylmy barlaglaryň netijeleri giňişleýin ara alnyp maslahatlaşylýar. Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň wekilleri hem maslahatyň işine işjeň gatnaşyp, ýokary bilim ulgamynda sanly tehnologiýalary ulanmak, innowasion pedagogiki çemeleşmeler, ylmy-barlag işleriniň netijeliligini ýokarlandyrmak hem-de häzirki zaman bilim gurşawyny döretmek boýunça öz tejribelerini paýlaşýarlar. Şeýle hem daşary ýurtly alymlar bilen geljekde bilelikdäki ylmy taslamalary amala aşyrmak, akademiki alyş-çalyş maksatnamalaryny giňeltmek hem-de ylmy hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça pikir alyşýarlar. Ýewropa Bileleşiginiň Erasmus+ maksatnamasynyň çäklerinde geçirilýän bu halkara çäreler professor-mugallymlaryň hünär derejesini ýokarlandyrmaga, dünýäniň öňdebaryjy ylmy-bilim tejribelerini öwrenmäge, innowasion tehnologiýalary milli bilim ulgamyna ornaşdyrmaga hem-de halkara hyzmatdaşlygyny has-da pugtalandyrmaga giň mümkinçilikleri döredýär. Netijede, bu iş sapary Türkmenistanyň Döwlet energetika instituty bilen daşary ýurtlaryň ýokary okuw mekdepleriniň arasynda özara bähbitli hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine, ylmy we bilim ugurlarynda täze başlangyçlaryň ýola goýulmagyna, şeýle hem ýurdumyzyň bilim ulgamynyň halkara giňişligindäki abraýynyň has-da ýokarlanmagyna öz mynasyp goşandyny goşar. Türkmenistanyň Döwlet energetika instituty
Aşgabatda «Hytaýyň Ilçisiniň stipendiýasy» sylagyny gowşuryş dabarasy geçirildi
Hytaý Halk Respublikasynyň Türkmenistandaky Ilçihanasynda hytaý dilini, medeniýetini we hytaý halkynyň däp-dessurlaryny öwrenmäge uly gyzyklanma bildirýän Türkmenistanyň okuwçylaryna we talyplaryna «Hytaýyň Ilçisiniň stipendiýasy» sylagyny gowşurmak dabarasy geçirildi. Bu başlangyç türkmen-hytaý hyzmatdaşlygyny bilim, ylym, medeniýet we ýaşlar alyşmalary ulgamlarynda mundan beýläk-de berkitmäge möhüm goşant bolup durýar. Sylag zehinli ýaşlary goldamaga, daşary ýurt dillerini öwrenmäge bolan gyzyklanmany höweslendirmäge, şeýle hem iki dostlukly ýurduň arasyndaky ynsanperwer gatnaşyklary ösdürmäge gönükdirilendir. Türkmenistanyň we Hytaý Halk Respublikasynyň Baştutanlarynyň öňdengörüjilikli syýasaty, özara ynanyşmagy hem-de hemişelik ünsi netijesinde iki ýurduň arasyndaky diplomatik gatnaşyklar yzygiderli berkidilýär we has-da durnukly, okgunly häsiýete eýe bolýar. Dostluk, deňhukuklylyk, özara hormat goýmak we bähbitli hyzmatdaşlyk ýörelgelerine esaslanýan türkmen-hytaý hyzmatdaşlygy häzirki wagtda bilim, ylym, medeniýet, ýaşlar alyşmalary we ynsanperwer gatnaşyklar ýaly köp ugurlar boýunça üstünlikli ösdürilýär. Dabaranyň dowamynda Hytaý Halk Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Ji Şumin sylaga mynasyp bolanlary gutlap, Türkmenistan bilen Hytaýyň arasynda bilim ulgamyndaky hyzmatdaşlygyň yzygiderli ösdürilýändigini belledi. Şeýle hem hytaý dilini öwrenmegiň ýaşlar üçin bilim almak, akademiki alyşmalara gatnaşmak, dünýägaraýşyny giňeltmek we halklaryň arasynda özara düşünişmegi pugtalandyrmak babatda täze mümkinçilikleri açýandygy nygtaldy. Türkmenistanyň Bilim ministrligi Hytaý Halk Respublikasy bilen bilim ulgamyndaky hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge aýratyn ähmiýet berýär. Bilim iki döwletiň arasyndaky ynsanperwer dialogyň möhüm ugurlarynyň biri bolup, ýokary hünärli hünärmenleri taýýarlamak, ýokary okuw mekdepleriniň arasyndaky gatnaşyklary giňeltmek, tejribe alyşmak we bilelikdäki bilim başlangyçlaryny durmuşa geçirmek üçin berk binýat bolup hyzmat edýär. Türkmen ýaşlarynyň hytaý dilini öwrenmäge we Hytaý Halk Respublikasynyň ýokary okuw mekdeplerinde bilim almaga bildirýän gyzyklanmasynyň barha artmagy aýratyn ähmiýete eýedir. Bu ýagdaý Hytaýyň bilim ulgamyna bolan ynamyň ýokarydygyny, şeýle hem bilimiň iki ýurduň arasyndaky dostlugyň möhüm köprüsi hökmünde ornunyň barha artýandygyny görkezýär. «Hytaýyň Ilçisiniň stipendiýasy» sylagynyň gowşurylmagy Türkmenistan bilen Hytaýyň arasyndaky ynsanperwer hyzmatdaşlygyň okgunly ösdürilýändiginiň aýdyň beýany boldy. Şeýle başlangyçlar medeniýetara dialogy pugtalandyrmaga, ýaşlar üçin bilim mümkinçiliklerini giňeltmäge we Türkmenistan bilen Hytaý Halk Respublikasynyň arasyndaky hemmetaraplaýyn strategik hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge ýardam berýär. Türkmenistanyň Bilim ministrligi iki ýurduň arasyndaky bilim hyzmatdaşlygynyň geljekde-de yzygiderli berkidiljekdigine, ýaş nesil üçin täze mümkinçilikleri açjakdygyna, özara düşünişmegi çuňlaşdyrjakdygyna hem-de Türkmenistanyň we Hytaýyň halklarynyň arasyndaky dostlukly gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmäge hyzmat etjekdigine ynam bildirýär.
Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň wekilleri CDIO 2026 halkara maslahatyna gatnaşýar
Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň wekilleri Beýik Britaniýanyň Liwerpul şäherindäki Liwerpul uniwersitetinde 2026-njy ýylyň 22–25-nji iýuny aralygynda geçirilýän CDIO 2026 22-nji halkara maslahatyna gatnaşýarlar. Türkmen wekiliýetiniň düzümine Kiberfiziki ulgamlar kafedrasynyň uly mugallymy Yslam Orazow hem-de «Oguz han» ylmy tehnologiýalar merkeziniň direktory Ahal Akgaýew girýärler. Maslahatyň esasy temasy «Talyplaryň hünär taýdan ösüşini kämilleşdirmek: bahalandyrmada we pikir-berişde innowasiýa» bolup, ol inženerçilik biliminde täzeçil bahalandyrma usullaryny, netijeli pikir-beriş ulgamyny we talyplaryň hünär başarnyklaryny ösdürmek meselelerine bagyşlanýar. CDIO 2026 halkara maslahatyna dünýäniň 27 ýurdundan 71 ýokary okuw mekdebiniň 157 wekili gatnaşdy. Maslahat inženerçilik biliminde öňdebaryjy tejribeleri alyşmak, innowasion okuw usullaryny ara alyp maslahatlaşmak we halkara akademik hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin möhüm meýdança boldy. Halkara çärede Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň wekilleri çykyş edip, uniwersitetde alnyp barylýan ylmy işler, kiberfiziki ulgamlar we häzirki zaman tehnologiýalary boýunça tejribelerini hödürlediler. Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersiteti 2023-nji ýylyň martynda Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ýokary okuw mekdepleriniň arasynda ilkinji bolup CDIO guramasynyň doly hukukly agzasy boldy. Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersiteti
HYYweÖU Finlýandiýa bilen hyzmatdaşlygy ösdürýär
Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetinde halkara hyzmatdaşlygy ösdürmek ugrunda nobatdaky möhüm waka bolup geçdi. Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersiteti bilen Finlýandiýanyň HAUS Döwlet Dolandyryş Instituty hem-de Laurea Amaly Ylymlar Uniwersitetiniň arasynda Özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekmek dabarasy göni wideoaragatnaşyk arkaly geçirildi. Bu resminama ýokary bilim, ylmy-barlag işleri, sanly bilim tehnologiýalary, akademiki alyş-çalyş maksatnamalary hem-de mugallymlaryň we talyplaryň hünär taýýarlygyny kämilleşdirmek ugurlarynda hyzmatdaşlygy giňeltmäge gönükdirilendir. Şeýle hem taraplaryň arasynda bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmek, halkara tejribäni alyşmak we innowasion başlangyçlary goldamak üçin täze mümkinçilikler açylar. Soňky ýyllarda hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda we Gahryman Arkadagymyzyň başyny başlan giň gerimli özgertmeleriniň netijesinde Türkmenistanda bilim ulgamynyň halkara abraýy barha ýokarlanýar. Ýokary okuw mekdepleriniň dünýäniň öňdebaryjy bilim merkezleri bilen ýola goýýan hyzmatdaşlygy munuň aýdyň subutnamasydyr. Gol çekişlik dabarasy Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň halkara hyzmatdaşlygyny täze derejä çykarmaga, bilim we ylym ulgamynda özara bähbitli gatnaşyklary has-da pugtalandyrmaga möhüm goşant goşar. Gazanylýan bu oňyn netejiler ýurdumyzda kabul edilen «Türkmenistanda ýokary hünär bilimini ösdürmegiň 2026-2052-nji ýyllar üçin Strategiýasynyň» amala aşyrylmagynyňň aýdyn subutnamasydr. Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersiteti
Bilim ministrliginde Yrak Respublikasynyň wekili bilen duşuşyk geçirildi
2026-njy ýylyň 25-nji iýunynda Türkmenistanyň Bilim ministrliginde Türkmenistanyň bilim ministri J.Gurbangeldiýewiň Yrak Respublikasynyň Türkmenistandaky Ilçihanasynyň işleri wagtlaýyn ynanylan wekili Jassim Mohammed Al-Attar bilen duşuşygy geçirildi. Duşuşygyň dowamynda Türkmenistan bilen Yrak Respublikasynyň arasynda bilim, ylym we medeni-ynsanperwer ugurlarda hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmegiň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Taraplar iki ýurduň arasyndaky dostlukly gatnaşyklaryň pugtalandyrylmagynda bilim ulgamyndaky hyzmatdaşlygyň möhüm ähmiýete eýedigini bellediler. Şeýle hem ýokary okuw mekdepleriniň arasynda gatnaşyklary giňeltmek, tejribe alyşmak we bilelikdäki başlangyçlary durmuşa geçirmek boýunça mümkinçilikler barada pikir alyşyldy. Duşuşygyň ahyrynda taraplar özara bähbitli hyzmatdaşlygy dowam etdirmäge we bilim ulgamyndaky gatnaşyklary täze many-mazmun bilen baýlaşdyrmaga taýýardyklaryny tassykladylar. Türkmenistanyň Bilim ministrligi
ÄHLI ÇAGALAR ÜÇIN DEŇ MÜMKINÇILIKLER
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda ýurdumyzyň bilim ulgamynda innowasion özgertmeler üstünlikli durmuşa geçirilýär. Ýaş nesliň döwrebap bilim almagy, olaryň jemgyýetde mynasyp orun eýelemegi we ähli çagalar üçin deň mümkinçilikleriň döredilmegi döwlet syýasatynyň möhüm ugurlarynyň biri bolup durýar. Ýaňy-ýakynda Türkmenistanyň Saglygy dikeldiş okuw-terbiýeçilik toplumlarynyň kör we çala görýän mekdep ýaşly çagalar bölümleriniň I synpy üçin ilkinji gezek “Informatikanyň esaslary” (awtorlary: L.Ruliýewa, J.Annamyradowa, O.Mämmetgulyýewa, H.Baýramowa, W.Çernikowa, S.Wolkowa) okuw kitaby Türkmen döwlet neşirýat gullugy tarapyndan neşir edildi. Bu möhüm işe Aşgabat şäheriniň Saglygy dikeldiş okuw-terbiýeçilik toplumynyň kör we çala görýän çagalar bölüminiň tejribeli mugallymlary hem işjeň gatnaşdylar. Okuw kitaby çagalaryň görüş-kabul ediş aýratynlyklary nazara alnyp taýýarlanyldy. Onda iri şriftler, ýokary kontrastly bezegler, ýörite duýujy elementler hem-de uýgunlaşdyrylan şekiller ulanylyp, okuwçylaryň okamak, ýazmak we sanamak endiklerini netijeli özleşdirmegine giň mümkinçilik döredýär. Şeýle hem okuw kitabyny taýýarlamak işinde adaptasiýalaşdyrylan pedagogika ugrunyň hünärmenleri, dizaýnerler we maglumat elýeterliligi boýunça bilermenler bilen ýakyn hyzmatdaşlyk alnyp baryldy. Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň Okuw kitaplaryny taýýarlamak we neşir işleri bölümi
Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň mugallymlary Pekin şäherinde ýerleşýän Hytaýyň nebit uniwersitetinde hünär derejesini kämilleşdiriş okuwlaryny geçýärler
Ylym-bilim ulgamynda ýakyndan hyzmatdaşlyk etmek boýunça Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersiteti bilen Hytaýyň nebit uniwersitetiniň arasynda 2023-nji ýylda özara düşünişmek hakynda Ähtnama baglaşyldy. 2026-njy ýylyň 16-njy aprelinde Hytaýyň Bilim ministrliginiň Hytaý-daşary ýurt dilleri alyş-çalyş we hyzmatdaşlyk merkeziniň, Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň we Hytaýyň nebit uniwersitetiniň arasynda energetika ulgamynda halkara hyzmatdaşlygyny ýola goýmak maksady bilen, bilelikdäki Türkmen-Hytaý energetika okuw merkezini döretmek barada Ylalaşyga gol çekildi. Ylalaşygyň çäklerinde Türkmenistanyň nebitgaz toplumy üçin ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamak, ugurdaş ýokary okuw mekdepleriň tejribesini öwrenmek maksady bilen, 2026-njy ýylyň 21-28-nji iýuny aralygynda Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň mugallymlary Pekin şäherinde ýerleşýän Hytaýyň nebit uniwersitetinde hünär derejesini kämilleşdiriş okuwlaryny geçýärler. 2026-njy ýylyň 22-nji iýunynda Hytaýyň nebit uniwersitetinde Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň professor-mugallymlary üçin hünär derejesini kämilleşdiriş okuwlarynyň resmi açylyş dabarasy geçirildi. Okuwlar Türkmen-Hytaý energetika okuw merkeziniň çäklerinde gurnalýar. Dabara Türkmenistanyň Hytaý Halk Respublikasyndaky Ilçihanasynyň wekilleri, Hytaýyň nebit uniwersitetiniň ýolbaşçylary we mugallymlary, şeýle hem Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň mugallymlary gatnaşdylar. Çykyşlarda iki ýurduň arasynda bilim, ylym we ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamak ugurlarynda alnyp barylýan hyzmatdaşlygyň üstünlikli ösdürilýändigi bellenilip geçildi. Şeýle hem türkmen-hytaý strategik gatnaşyklarynyň ýokary derejesi aýratyn nygtaldy. Geçirilen iş duşuşyklarynda degişli ugurlar boýunça bilimiň hilini has-da ýokarlandyrmak, nebit-gaz pudagyna degişli ýokary okuw mekdepleriň arasynda özara tejribe alyşmagy giňeltmek hem-de täze bilelikdäki bilim we ylym taslamalaryny durmuşa geçirmek bilen bagly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. Duşuşykdan soňra Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň mugallymlary we Ilçihananyň wekilleri Hytaýyň nebit uniwersitetinde bilim alýan Türkmenistanly talyplar bilen duşuşyk geçirdiler. Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersiteti
“Türkmen-malaý hyzmatdaşlygy hakyky we jogapkärli ösüşiň kepili” atly syýasy söhbetdeşlik
2026-njy ýylyň iýun aýynyň 19-na Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen ýurdumyza sapar bilen gelen dostlukly Malaýziýanyň Premýer-ministri Anwar Ibrahimiň arasynda geçirilen ikitaraplaýyn gepleşikler iki ýurduň hyzmatdaşlygynyň ähmiýetini aýdyň aýan etdi. Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzda, döwletlerimiziň arasyndaky bähbitli gatnaşyklaryň 30 ýyllygy bellenilýän günlerinde Premýer-ministr Anwar Ibahimiň Türkmenistana amala aşyrýan ilkinji saparyna iki döwletiň taryhynda möhüm waka hökmünde garalýandygyny belläp, bu saparyň türkmen-malaý gatnaşyklaryny mundan beýläk-de berkitmäge täze itergi berjekdigine berk ynam bildirdi. Nebitgaz pudagy türkmen-malaý gatnaşyklarynyň strategik ugry bolup durýar. Malaýziýanyň “PETRONAS” kompaniýasy ýurdumyzyň ýakyn hyzmatdaşlarynyň ilkinjileriniň birine öwrüldi. Hormatly Prezidentimiz bu kompaniýanyň gatnaşmagynda ýakyn wagtda Hazar deňziniň türkmen böleginde uglewodorodlaryň täze ýataklaryny özleşdirmek, Hazaryň geljegi uly nebitgaz toplumlarynda gözlegleri geçirmek boýunça giň göwrümli işleriň başlanjakdygyny belledi. Hakykatdan hem Türkmenistanyň we Malaýziýanyň hyzmatdaşlygynyň ägirt uly kuwwatynyň dünýäniň ösüşine hyzmat etmek mümkinçilikleri bar. 2026-njy ýylyň 19-njy iýunynda paýtagtymyzda Söwda-senagat edarasynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň hem-de Malaýziýanyň Premýer-ministri Anwar Ibrahimiň gatnaşmagynda “Türkmenistan – Malaýziýa nebitgaz pudagynda özara bähbitli hyzmatdaşlyga 30 ýyl” atly halkara ylmy-amaly maslahat hem-de onuň çäklerinde türkmen-malaý hyzmatdaşlygyna bagyşlanan sergi guraldy. Döwlet Baştutanymyz maslahatda eden çykyşynda nebitgaz türkmen-malaý hyzmatdaşlygynda “PETRONAS” kompaniýasynyň uly ornuny belläp, bu düzüm ýurdumyzda işlän ýyllarynda Türkmenistanyň nebitgaz senagatyna 12 milliard amerikan dollaryna golaý möçberinde maýa goýumyny goýandygyny aýtdy. Garaşsyzlyk ýyllarynda biziň ýurdumyz Malaýziýanyň we beýleki ýurtlaryň belli kompaniýalary bilen hyzmatdaşlyk esasynda kuwwatly energetiki döwlete öwrüldi. Malaýziýanyň Premýer-ministri 30 ýylyň dowamynda “PETRONAS” kompaniýasynyň ýurdumyzyň nebitgaz pudagyny ösdürmäge goşan goşandy barada durup geçip: “Bu üstünlik iň esasy binýada - ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamak işine esaslanýar. Tejribe alyşmak, hünärmenleri taýýarlamak iki döwlet üçin hem wajyp ähmiýete eýedir. Şu günki günde Türkmenistan we “PETRONAS” hakyky, ygtybarly hem-de uzakmöhletleýin hyzmatdaşlygyň ajaýyp nusgasyny bütin dünýä äşgär edýärler” diýip hem-de Magtymguly şahyryň: “Köňüller, ýürekler bir bolup başlar; Tartsa ýygyn, erär topraklar, daşlar” diýen şahyrana setirleriň şu günki duşuşygyň düýp manysyny açyp görkezýändigini ak ýürekden nygtady. Çykyşlarda bellenilşi ýaly, şu maksat bilen deňizde 5 sany platforma guruldy we 40-a golaý gözleg, bahaberiş we ulanyş guýylary burawlandy. Şu işleriň netijesinde häzirki wagtda uglewodorod serişdeleriň uly gorlary açyldy. Şolaryň hatarynda “Magtymguly”, “Diýarbekir, “Garagol Deňiz” ýaly ýataklar özleşdirilýär. Ýakyn wagtda “Öwez” we “Maşrykow” ýataklaryny senagat taýdan özleşdirmek meýilleşdirilýär. Hazar deňizinde bilelikde işlenen döwürde 44 milliard kub metrden gowrak tebigy gazyň, 16 million tonna suwuk uglewodorodyň çykarylmagy “PETRONAS” kompaniýasy bilen türkmen hyzmatdaşlarynyň gazanan üstünlikleriniň biri boldy. Hormatly Prezidentimiz hem-de Malaýziýanyň Premýer-ministri bilelikde türkmen-malaý hyzmatdaşlygyna bagyşlanan sergä baryp, Türkmenistan bilen “PETRONAS” kompaniýasynyň 30 ýyllygyna bagyşlanan pawilionynda giňişleýin açylyp görkezilen hyzmatdaşlygyň esasy netijeleri, öňdebaryjy tehnologiýalaryň önümçilige ornaşdyrylyşy, uglewodorod serişdelerini çuňňur gaýtadan işlemek ulgamynda bilelikde durmuşa geçirilýän uzak möhletleýin taslamalaryň önümçilige ornaşdyrylyşynyň barşy bilen tanyşdylar we kompaniýanyň Türkmenistanyň ýangyç-energetika toplumyny döwrebaplaşdyrmaga goşandyny ýokary bahaladylar. Şonda gazanylan tejribäniň senagat taýdan hyzmatdaşlygy has-da giňeltmek üçin berk binýat durýandygyny aýratyn bellediler. Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersiteti
Türkmenistanyň ýokary okuw mekdebiniň talyby halkara bäsleşikde ýeňiji boldy
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň talyby Kadyrberdi Artykow Gazagystan Respublikasynyň Astana şäherinde geçirilen «GDA döwletleriniň iň gowy talyby» atly ýaşlaryň halkara bäsleşiginde ýeňiji boldy. Bäsleşigiň guramaçylary hökmünde «Parasat» Gazagystan milli bilim we innowasiýalar merkezi «Жаңа Казахстан» Respublikan innowasion merkezi bilen bilelikde çykyş etdiler. Giň gerimli ylmy-döredijilik taslamasy Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna gatnaşyjy döwletleriň ýokary okuw mekdepleriniň ýüzlerçe zehinli talyplaryny birleşdirdi. Ýiti bäsdeşlik şertlerinde geçirilen ýaryşda ýurdumyzyň talyby halkara akademik giňişliginde Türkmenistanyň abraýyny artdyrdy. Emin agzalaryň pikiri boýunça ýurdumyzyň talyby ylym-bilimini, başarnyklaryny, maksada okgunlylygyny we döredijilik işjeňligini görkezdi. Mundan başga-da Kadyrberdiniň GDA döwletleriniň ýaşlar syýasatyna goşant goşmagy aýratyn bellenip geçildi. Emin agzalarynyň karary boýunça Kadyrberdi Artykow bäsleşigiň ýokary derejeli baýragy bolan I derejeli diploma eýe boldy. Şeýle-de ol «GDA döwletleriniň iň gowy talyby» diýen döşe dakylýan nyşan we ýörite şahadatnama bilen sylaglandy. Bu halkara derejedäki üstünlige Türkmenistanyň institutynyň ýaş hünärmeni we tejribeli halypa mugallymlarynyň bilelikdäki irginsiz çeken zähmeti esasynda ýetildi. «Жаңа Казахстан» Respublikan innowasion merkeziniň müdiri, bäsleşigiň guramaçy komitetiniň ýolbaşçysy B.N.Salimgereýew Kadyrberdi Artykowyň ylmy ýolbaşçysyna ýurdumyzyň bilim we ylym ulgamyna goşandy, halypalygy we irginsiz zähmeti üçin aýratyn hoşallyk bildirdi. Bu sözler ýene bir gezek halkara akademik jemgyýetiniň türkmen mugallymçylyk we ylmy mekdebine goýýan hormatyny tassyklady. Bu abraýly bäsleşik GDA döwletleriniň zehinli talyplaryny ýüze çykarmak we sylaglamak, olara goldaw bermek, olaryň arasynda tejribe paýlaşmak, olaryň ylymda, döredijilikde we jemgyýetçilik durmuşynda ösmegi üçin höwes döretmek maksady bilen ýylda geçirilýän täsirli ýaryş meýdanyna öwrüldi. Türkmenistan döwletimiziň talybynyň bu bäsleşikde ýeňiji bolmagy ýurdumyzyň professional taýýarlygyna, giň dünýägaraýyşyna, döredijilik başarnyklaryna we bäsleşige ukyplylygyna şaýatlyk edýän ýeňişleriň biri boldy. Anastasiýa Kasýanowa
Türkmenistanyň bilim ministriniň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet medeni gatnaşyklary pugtalandyrmak we kreatiw industriýalary ösdürmek boýunça halkara maslahata gatnaşdy
2026-njy ýylyň 18-nji iýunynda Sankt-Peterburg şäherinde medeni gatnaşyklary pugtalandyrmak we kreatiw hem-de döredijilik industriýalaryny ösdürmek boýunça halkara maslahat geçirildi. Maslahata Türkmenistanyň bilim ministri Jumamyrat Gurbangeldiýewiň ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýeti gatnaşdy. Halkara maslahatyň dowamynda Russiýa Federasiýasynyň Hökümetiniň Başlygy Mihail Mişustin, Belarus Respublikasynyň Premýer-ministri Aleksandr Turçin, Gazagystan Respublikasynyň Premýer-ministri Olžas Bektenow, Gyrgyz Respublikasynyň Ministrler Kabinetiniň Başlygy — Gyrgyz Respublikasynyň Prezidentiniň Administrasiýasynyň ýolbaşçysy Adylbek Kasymaliýew, Täjigistan Respublikasynyň Premýer-ministri Kohir Rasulzoda, Özbegistan Respublikasynyň Premýer-ministri Abdulla Aripow, şeýle hem Türkmenistanyň bilim ministri Jumamyrat Gurbangeldiýew çykyş etdiler. Maslahat medeni gatnaşyklary pugtalandyrmak, umumy taryhy-medeni mirasy gorap saklamak, döwletara ynsanperwer dialogy ösdürmek, şeýle hem kreatiw we döredijilik industriýalaryny häzirki zaman halkara hyzmatdaşlygynyň möhüm ugry hökmünde ilerletmek meselelerine bagyşlandy. “Medeniýetleriň özara gatnaşygy: häzirki zaman dünýäsinde mirasy gorap saklamak we ählumumy dialog” atly umumy mejlisiň dowamynda gatnaşyjylar halkara hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýyny we geljekki mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar. Şunda umumy taryhy-medeni mirasy gorap saklamaga, ynsanperwer gatnaşyklary pugtalandyrmaga, döwletara dialogy ösdürmäge hem-de üýtgeýän halkara ýagdaýynda hyzmatdaşlygyň döwrebap gurallaryny kemala getirmäge aýratyn üns berildi. Maslahatyň maksatnamasynda “Medeniýetara dialog: däpler, häzirki zaman manylary we hyzmatdaşlygyň täze görnüşleri” atly panel ara alyp maslahatlaşmasy hem aýratyn orun eýeledi. Onuň dowamynda kinematografiýa, teatr sungaty, kitaphana we muzeý işi, aýdym-saz medeniýeti, şeýle hem döredijilik bilimi ulgamlarynda hyzmatdaşlygyň häzirki ugurlary we geljekki mümkinçilikleri boýunça pikir alşyldy. Bu ugurda umumy medeni mirasy gorap saklamak, hünär we institusional gatnaşyklary pugtalandyrmak, bilelikdäki taslamalary goldamak, medeni alyş-çalyşlary giňeltmek hem-de jemgyýetiň häzirki zaman talaplaryna laýyk gelýän hyzmatdaşlygyň täze görnüşlerini işläp taýýarlamak meselelerine aýratyn ähmiýet berildi. “Kreatiw industriýalar halkara hyzmatdaşlygyň gün tertibinde” atly panel ara alyp maslahatlaşmasynda bolsa bilermenler bitewi medeni we ykdysady giňişligi döretmek, ýokary eksport mümkinçiliklerine eýe bolan bilelikdäki taslamalary ösdürmek, kreatiw başlangyçlary goldamak hem-de üstünlikli tejribeleri döwletara derejede ýaýbaňlandyrmak boýunça tagallalary birleşdirmegiň ýollaryny ara alyp maslahatlaşdylar. Şeýle hem häzirki sanly dünýäde kreatiw industriýalaryň halklaryň medeni koduny gorap saklamakdaky ähmiýeti, zehinleri, däpleri we tehnologiýalary birleşdirmek arkaly bäsdeşlige ukyply täze medeni önümleri döretmegiň zerurlygy nygtaldy. Türkmenistanyň bilim ministri Jumamyrat Gurbangeldiýew öz çykyşynda 2026-njy ýylda Türkmenistanyň GDA-da başlyklyk etmeginiň çäklerinde medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga, taryhy-medeni mirasy gorap saklamaga, döwletara dialogy ösdürmäge we hyzmatdaşlygyň döwrebap görnüşlerini ilerletmäge aýratyn ähmiýet berilýändigini belledi. Türkmenistana mahsus bolan “açyk gapylar” syýasatyna we hemişelik Bitaraplyk hukuk derejesine daýanyp, ýurdumyzyň medeniýeti halklary birleşdirýän, ynamy, özara düşünişmegi we hormaty pugtalandyrýan “altyn köpri” hökmünde garaýandygy nygtaldy. Türkmen wekiliýetiniň bu halkara çärä gatnaşmagy ýurdumyzyň medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygy ösdürmäge, halklaryň arasyndaky dostlugy we özara düşünişmegi berkitmäge, şeýle hem GDA giňişliginde bilelikdäki başlangyçlary goldamaga yzygiderli ygrarlydygyny aýdyň görkezýär. Türkmenistanyň 2026-njy ýylda GDA-da başlyklyk etmegi bilen baglylykda, ynsanperwer dialogy ilerletmäge, ruhy-medeni mirasy gorap saklamaga, bilim, ylym, medeniýet we kreatiw industriýalary uzak möhletleýin hyzmatdaşlygyň möhüm ugurlary hökmünde ösdürmäge aýratyn ähmiýet berilýär. Türkmen tarapy özara bähbitli hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge, medeni alyş-çalyşlary giňeltmäge, bilelikdäki taslamalary goldamaga, şeýle hem gatnaşyjy ýurtlaryň medeniýet we bilim edaralarynyň, döredijilik jemgyýetleriniň arasynda hünär gatnaşyklaryny pugtalandyrmaga gyzyklanma bildirýändigini tassyklady. Türkmenistanyň Bilim ministrligi
ÝOKARY OKUW MEKDEPLERI ÜÇIN ÇAP EDILENTÄZE OKUW KITAPLARY WE OKUW GOLLANMASY
Ýokary okuw mekdeplerinde geljegimizi gurujy ýaşlara – talyplara döwrebap hünär, kesp-kär öwretmekde ähli şertler döredilýär, döwlet ýolbaşçylarydyr professor-mugallymlar tarapyndan uly aladalar edilýär. Şeýle aladalaryň biri-de döwrebap okuw kitaplary bilen üpjünçilik meselesidir. Häzirki wagtda 2025-2026-njy okuw ýyly tamamlanyp, tomusky synag möwsümi gyzgalaňly dowam edýär. Synaglara taýýarlanmak üçin bolsa, gymmatly maglumatlary özünde jemleýän döwrebap okuw kitaplarynyň ähmiýetini hiç bir zat çalşyp bilmez. Şeýle ähmiýetli birnäçe okuw kitaplarydyr okuw gollanmasynyň çap edilip, talyplar üçin elýeterli edilmegi örän guwandyryjy derwaýys waka bolup durýar. Ýakynda çap edilen “Pudagyň tehnologik proseslerini awtomatlaşdyrmak. II kitap” okuw kitabynda (awtorlary: B.Mämmedow, P.Ýalkapow – A.: Ylym, 2026, 432 s.) önümçiligi we tehnologik prosesleri dolandyrmagyň esaslary, olaryň düzüm shemalary, tehnologik prosesleriň görnüşleri we aýratynlyklary görkezilýär. Dürli pudaklaryň, ýagny himiýa-dökün öndürýän, gurluşyk, nebit-gaz, azyk senagaty, ýylylyk üpjünçiligi pudaklarynyň awtomatlaşdyrylyşyna seredilýär. Kitapda pudaklaryň awtomatlaşdyrylyşynyň funksional shemalary görkezilýär we olaryň beýany getirilýär. Şeýle sanly ulgamlaryň önümçilikde we tehnologik prosesleri awtomatlaşdyrmakda ulanylyşy görkezilýär. Bu okuw kitaby tehniki ugurly ýokary okuw mekdepleriniň awtomatlaşdyrmak hünärleri boýunça okaýan talyplara niýetlenilendir, şeýle hem ondan şol ugurdan işleýän ähli işgärler hem peýdalanyp bilerler. “Binagärlikde materiallaryň öwrenilişi” okuw kitabynda (awtorlary: B.Mämmedow, Ý.Myradow, B.Guwanjow, B.Serdarow, A.Garajaýew – A.: Ylym, 2026, 232 s.) bolsa, ýurdumyzyň senagat pudagynyň kärhanalarynda öndürilýän gurluşyk materiallarynyň häsiýetleriniň öwrenilişi beýan edilýär hem-de olaryň taslama esasynda jaýlaryň we desgalaryň düzüminde ýerleşdirilişi bilen tanyşdyrylýar. Okuw kitaby ýerli çig mallaryň esasynda gurluşyk materiallarynyň önümçiligi we binagärlik çözgütleriniň talaplary baradaky maglumatlary hem öz içine alýar. Bu okuw kitaby ýokary okuw mekdepleriniň binagärlik ugry boýunça bilim alýan talyplary üçin niýetlenilendir. Ondan gurluşyk ugrundan bilim alýan talyplar we gurluşyk materiallaryny öndürýän kärhanalaryň hünärmenleri hem gollanma hökmünde peýdalanyp bilerler. “Pudakda hasaba alyş we seljerme” okuw kitabynda (awtorlary: O.Halmyradowa, O.Gödekowa, D.Mürrikow, M.Jumaýew – A.: Türkmen döwlet neşirýat gullugy, 2026, 246 s.) buhgalterçilik hasaba alnyşynyň, hojalyk işiniň seljermesiniň nazaryýetine, oba hojalyk we senagat pudaklarynyň hojalyk amallarynyň hasaba alnyşyna hem-de seljermesine degişli temalara giňişleýin seredilýär. Okuw kitaby girişden, “Buhgalterçilik hasaba alnyşy” we “Ykdysady seljermäniň nazaryýeti” atly iki bölümden, her bölümde 8 bap ýerleşdirilip, jemi 16 bapdan, peýdalanylan edebiýatlaryň sanawyndan ybarat. “Tikin önümleriniň tehnologiýasy” okuw kitaby (awtorlary: G.Karaýewa, M.Hydyrowa, L.Bekbaýewa – A.: Türkmen döwlet neşirýat gullugy, 2026, 308 s.) tikin önümçiliginde, hususy tikin kärhanalarynda, modeller öýünde taýýarlanylýan dürli görnüşdäki tikin önümlerini taýýarlamagyň toplumyny we tikin önümlerini öndürmekde tikiniň her bir tehnologiýasynyň ýerine ýetirilişiniň usullarynyň inçe ýollaryny, tikin önümleriniň täze görnüşlerini öndürmekligiň her bir tehnologiýasyny innowasion enjamlarda kämilleşdirmegiň ugurlary jikme-jik beýan edilýär. Okuw kitabynda şu ugur boýunça dünýäniň internet maglumatlary we tikinçilik pudagynda zähmet çekýän ýokary bilimli hünärmenleriň teklipleri nazarda tutulyp, tehnologiýany giňişleýin açyp görkezýän çyzgylary, suratlary, tablisalary, ýazgy maglumatlaryny öz içine alýar. Okuw kitaby ýokary okuw mekdepleriniň Tikinçilik önümçiliginiň tehnologiýasy hünäri boýunça bilim alýan talyplar üçin niýetlenen. Muňa garamazdan, ondan beýleki degişli orta hünär okuw mekdepleriniň talyplary, tikin önümçiligi senagatyna degişli kärhanalarda, dokma toplumlarynda, modeller öýünde zähmet çekýän hünärmenler hem peýdalanyp bilerler. “Zoogigiýena” okuw kitabynda (awtory: T.Garlyýew – A.: Türkmen döwlet neşirýat gullugy, 2026, 328 s.) giriş, zoogigiýena dersi we onuň iş usullary, atlaryň, itleriň, gara mallaryň, dowarlaryň, düýeleriň, doňuzlaryň, guşlaryň saklanyşynyň gigýenasy, ýurdumyzda broýler önümçiligi, hind towukçylyk önümçiligi, ördekleriň, gazlaryň, sesarkalaryň, bedeneleriň, düýeguşlaryň, kepderileriň, towşanlaryň, sütükli ýyrtyjy haýwanlaryň saklanyşynyň gigiýenasy, emeli suw howdanlarynda (çukurlarda) balyklaryň ösdürilip ýetişdirilişiniň gigiýenasy, oba hojalyk mallary (guşlar) bir ýerden başga bir ýere ulaglarda ýa-da sürlüp äkidilende berjaý edilmeli weterinariýa-sanitariýa we gigiýenik talaplar, goşmaçalar, at barada nakyllar we atalar sözi, it barada nakyllar we peýdalanylan edebiýatlaryň sanawy ýerleşdirilipdir. “Arap dilinde işlik derejeleri” atly okuw gollanmasynyň (awtory: O.Öwezsähedow – A.: Ylym, 2026, 208 s.) çap edilmegi ýurdumyzda arap dilini öwrenmäge giň mümkinçilikleriň döredilýändiginiň, ýokary bilimli hünärmenleri taýýarlamaga uly ähmiýet berilýändiginiň özboluşly subutnamasydyr. Türkmen we arap dilleri diňe bir gelip çykyşy boýunça däl, eýsem, gurluşy we morfologik aýratynlyklary nukdaýnazaryndan hem dürli dil toparyna degişli. Arap dili öz gurluşy taýdan türkmen dilinden tapawutlanýan hem bolsa, sebitdäki giň ýaýran dillerden tapawutlylykda bu diller özboluşly umumylyklara eýedir. Şol umumylyklary ýüze çykarmak talyplara arap dilini öwrenmekde ýeňillikleri döredýär. Arap diliniň işlik derejelerini öwrenmek türkmen, türk, pars we beýleki gündogar dillerini öwrenýän hünärmenler üçin hem gyzyklydyr. Işlik hereket, zaman we şahs ýaly çylşyrymly düşünjeleri aňladýandygy sebäpli, onuň bir dilden beýleki dile geçmegi örän seýrek hadysadyr. Şol sebäpli arap dilindäki dürli derejedäki işlikleriň iş atlary (masdarlar) beýleki gündogar dillerine hem geçipdir. Iş atlarynyň yzyna kömekçi işlikleriň goşulmagy arkaly goşma işlikler ýasalypdyr. Arap dilinde sözleriň aglaba köplüginiň (iş ady, ortak işlik, kär-hünär aňladýan atlar we ş.m.) işliklerden ýasalýandygy, işlikleriň manysy netijesinde özboluşly many meýdançasynyň emele gelýändigi sebäpli, arap işlik derejelerini oňat bilmek bu dili öwrenmegiň möhüm şertleriniň biridigi äşgär görkezilýär. Okuw gollanmasy ýokary okuw mekdepleriniň arap dili mugallymlaryna, arap dili we edebiýaty hünäriniň talyplaryna hem-de arap dili bilen gyzyklanýan giň okyjylar köpçüligine niýetlenendir. Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň Okuw kitaplaryny taýýarlamak we neşir işleri bölümi
Wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi
2026-njy ýylyň iýun aýynyň 17-ne Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Mary welaýat Geňeşiniň bilelikde guramagynda «Maşgala mukaddesligi» atly wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi. Duşuşyga Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Mary welaýat Geňeşiniň wekilleri, institutyň mugallymlary we talyp ýaşlary gatnaşdylar. Duşuşygyň dowamynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Hormatly Prezidentimiziň «Biz ata-enelerimiziň we maşgalanyň mukaddesligini arşa göterýän halkdyrys!» diýen parasatly sözlerinden ugur alyp, ilatyň arasynda milli däplerimize we umumadamzat ýörelgelerine laýyklykda jemgyýetimiziň esasy gymmatlygy bolan maşgala mukaddesligini gorap saklamaga, sagdyn durmuş ýörelgelerini, nesil terbiýesini, ata-babalarymyzyň Watana, maşgala ojagyna wepalylyk, türkmeniň edim-gylymy, däp-dessury, ene topraga, türkmen diline, medeniýetine bolan uly söýgi, zähmetsöýerlik, päk zähmete ygrarlylyk ýaly ýörelgelerini wagyz etmek boýunça birnäçe çykyşlar diňlenidi. Duşuşygyň ahyrynda oňa gatnaşyjylar türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş hem-de hoşallyk sözleri beýan etdiler. Türkmenistanyň Döwlet energetika instituty
Syýasy söhbetdeşlik geçirildi
2026-nji ýylyň iýun aýynyň 18-ne Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynda syýasy söhbetdeşlik geçirildi. Söhbetdeşlige institutyň mugallymlary gatnaşdylar. Söhbetdeşligiň dowamynda 2024-nji ýylyň dekabr aýynyň 18-19-na Türkmenistanyň Döwlet energetika instituty bilen Malaýziýanyň Tenaga milli uniwersitetiniň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähitnama gol çekilendigi barada, Ähitnamanyň çäklerinde geçirilen maslahatlar, ýerine ýetirilen işler, geçirilen duşuşyklar we ýakyn günlerde Malaýziýanyň Premýer-ministriniň Türkmenistana iş saparyna gelmegi bilen baglanyşykly birnäçe çykyşlar diňlenildi. Söhbetdeşlik dolulygyna «Ýaşlyk» teleýaýlymy tarapyndan teleýazgy edildi. Söhbetdeşligiň ahyrynda oňa gatnaşyjylar ýurdumyzda ylym-bilimi kämilleşdirmekde, halkara gatnaşyklary ýokarlandyrmakda, halkara bilermenler bilen tejribe alyşmakda, ýaşlary ýokary derejesinde hünärmenler edip ýetişdirmekde bimöçber tagallalary edýän Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş hem-de hoşallyk sözlerini beýan etdiler. Türkmenistanyň Döwlet energetika instituty
Dabaraly çäre geçirildi
2026-njy ýylyň iýun aýynyň 18-ine Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynda Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygyryýet güni mynasybetli «Şygyryýet ummany Pyragy bilen, ösýär diýarymda türkmen medeniýeti» atly aýdym-sazly baýramçylyk çäresi geçirildi. Baýramçylyk mynasybetli türkmeniň milliligini ýaýbaňlandyrmak maksady bilen muzeý gymmatlyklarynyň, gadymy şaý-sepleriniň sergisi uly ruhubelentlikde gurnaldy. Dabaranyň dowamynda institutyň mugallymlarynyň hem-de talyp ýaşlarynyň gatnaşmaklarynda Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygyryýet güni mynasybetli ata-babalarymyzdan, ene-mamalarymyzdan gelýän medeni däp-dessurlarymyz, millilik barada birnäçe söhbetdeşlikler hem geçirildi. Dabaradyň dowamynda institutyň “Kuwwat” aýdym-saz toparynyň çeper höwesjeň talyp ýaşlarynyň ýerine ýetirmeginde Watanymyzy, türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzy, Arkadagly Gahryman Serdarymyzy wasp edýän birnäçe aýdymlara we tanslara tomaşa edildi. Dabaranyň ahyrynda oňa gatnaşyjylar döredilýän ähli mümkinçilikler üçin Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş hem-de hoşallyk sözlerini beýan etdiler. Türkmenistanyň Döwlet energetika instituty
Döwlet akkreditasiýasy hakynda şahadatnama berildi
Türkmenistanyň Prezidentiniň 2024-nji ýylyň 2-nji fewralynda çykaran 849-njy karary bilen tassyklanan «Bilim işiniň döwlet akkreditasiýasy hakynda Düzgünnama», Türkmenistanyň Bilim ministriniň 2024-nji ýylyň 14-nji iýunyndaky 209 belgili buýrugy bilen tassyklanan «Bilim edaralarynyň hukuk ýagdaýyna (kysymyna we görnüşine), okaýanlaryň taýýarlanyşynyň mazmunynyň we hiliniň döwlet bilim standartlaryna laýyklygyna akkreditasiýa seljermesini geçirýän seljeriş toparynyň işiniň Tertibine» laýyklykda işlenilip taýýarlanylan hem-de bilim edaralaryny döwlet akkreditasiýasyndan geçirmegiň ýeke-täk usulyýet çemeleşmesinden ugur alyp, Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynda Döwlet akkreditasiýasy geçirildi. Döwlet akkreditasiýasy hakyndaky şahadatnamanyň goşundysynda görkezilen “Awtomatlaşdyrylan ulgamlaryň maglumat howpsuzlygynyň toplumlaýyn üpjünçiligi” hünäriniň hünärmen maksatnamasy boýunça bilim işiniň Döwlet akkreditasiýasy hakynda 2026-njy ýylyň 4-nji iýunynda № 00003 belgili şahadatnamasy berildi. Türkmenistanyň Döwlet energetika instituty
Bilim edaralaryna halkara ölçeglere laýyk döwlet akkreditasiýasy hakynda şahadatnamalar gowşuryldy
Şu gün paýtagtymyzda ýurdumyzyň bilim ulgamynda ähmiýetli çäre geçirildi. Onda döwlet akkreditasiýasyndan üstünlikli geçen bilim edaralaryna şahadatnamalary gowşurmak dabarasy boldy. Bu waka milli bilim ulgamynda hili üpjün etmegiň halkara ölçeglere laýyk gelýän täze basgançaga çykandygynyň resmi beýanyna öwrüldi. Dabarada Türkmenistanyň bilim ministrliginiň ýolbaşçylary çykyş edip, ýygnananlary milli ylym-bilim ulgamyndaky sepgit bilen gutlady hem-de bu çäräniň Gahryman Arkadagymyzyň we Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda durmuşa geçirilýän guramaçylyk, hukuk we institusional özgertmeleriň bir bitewi ulgama birigen aýdyň netijesidigini aýratyn nygtadylar. Milli akkreditasiýa ulgamynyň kemala gelmegi soňky ýyllarda durmuşa geçirilen yzygiderli özgertmeleriň logiki dowamydyr. 2020-nji ýylda kabul edilen döwlet bilim standartlary esasynda, 2021–2024-nji ýyllar aralygynda müňden gowrak hünär we taýýarlyk ugurlary boýunça okuw maksatnamalary döwrebaplaşdyryldy. Ýurdumyzy 2022–2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna laýyklykda, milli akkreditasiýa ulgamyny döretmek wezipesi döwlet strategiýasynyň möhüm bölegine öwrüldi. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow tarapyndan 2024-nji ýylyň 2-nji fewralynda kabul edilen «Bilim işiniň döwlet akkreditasiýasy hakynda Düzgünnama» bolsa bu ugurda bitewi hukuk esasyny goýdy. Şondan soňra degişli ölçegler we meýilnamalar doly tassyklanyp, 2026-njy ýylda ulgam doly iş ýagdaýyna getirildi. Ilkinji ýyllyk meýilnama laýyklykda, bilimiň dürli basgançaklaryna wekilçilik edýän jemi 8 sany bilim edarasy akkreditasiýadan geçmek üçin ýüz tutdy. Bilermenler tarapyndan geçirilen giňişleýin, obýektiw we talapkär seljermeleriň netijesinde olaryň 6-sy şahadatnama almaga mynasyp boldy. Şahadatnama alan edaralaryň hatarynda Aşgabat şäheriniň daşary ýurt dillerini çuňlaşdyryp öwredýän ýöriteleşdirilen 74-nji «Bagtyýar nesiller» orta mekdebi, 29-njy orta mekdebi, Hydyr Derýaýew adyndaky mugallymçylyk mekdebi, Mary welaýat maliýe-ykdysady orta hünär okuw mekdebi, Türkmenistanyň Döwlet energetika instituty hem-de Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika instituty bar. Akkreditasiýanyň diňe ýokary bilim däl, eýsem umumy we orta hünär bilim edaralaryny hem gurşap almagy ýurtda bitewi hil medeniýetiniň döredilýändigini subut edýär. Milli bilim standartlarynyň Ýewropa ýokary bilim giňişliginiň logikasyna, UNESCO-nyň klassifikasiýalaryna hem-de Lissabon konwensiýasynyň ýörelgelerine laýyk getirilmegi, türkmen biliminiň dünýä derejesindäki hil ölçegleriniň ýokarlanmagyna şert döretdi. Milli bilimiň binýadynyň güýçlenmegi sanlarda hem aýdyň görünýär. 2020-nji ýylda halkara ylmy žurnallarda 963 makala çap edilen bolsa, 2025-nji ýylda bu görkeziji 13 müň 960-a ýetdi. Scopus we Web of Science bazalaryndaky makalalar 40 esse, ýokary okuw mekdepleriniň patentleri 21 esse artdy. Mundan başga-da, 2025-nji ýylda ýurdumyzyň 14 ýokary okuw mekdebi Times Higher Education, 12-si bolsa UI GreenMetric halkara reýtinglerine girdi. Döwlet akkreditasiýasy hakynda şahadatnama 5 ýyl möhlet bilen berlip, ol ahyrky nokat däl-de, hili yzygiderli ýokarlandyrmagyň täze borçnamasydyr. Önde Türkmenistanda ýokary hünär bilimi edaralaryny ösdürmegiň 2026–2052-nji ýyllar üçin Strategiýasynyň giň gerimli wezipeleri durýar. Bu strategiýa bilimi, ylmy we önümçiligi bitewi ekoulgam hökmünde ösdürmegi maksat edinýär. Ilkinji akkreditasiýa bolsa şol sepgitlere ýetmek üçin berk binýat boldy. Dabaranyň ahyrynda bilim ulgamynyň ösmegine we kämilleşmegine giň mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyza we Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowa tüýs ýürekden hoşallyk bildirildi hem-de täze üstünlikler arzuw edildi.
Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň talyby – «Ýylyň talyby» Döwlet bilim bäsleşiginiň ýeňijisi!
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan döwletimizde ylym-bilim ulgamy täze üstünliklere we taryhy wakalara baý bolýar. Gahryman Arkadagymyzyň we Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň taýsyz tagallalary netijesinde Türkmenistanda ýaş nesliň döwrebap bilim almagy, ylmy-gözleg işleri bilen meşgullanmagy we öz ukyplaryny görkezmegi üçin ähli şertler döredilýär. Türkmenistanyň Prezidentiniň bilim ulgamynda geçirýän özgertmelerini durmuşa geçirmekligi netijeli dowam etdirmek, zehinli ýaşlary ýüze çykarmak maksady bilen, ýurdumyzyň ähli ýokary okuw mekdepleriniň arasynda 2026-njy ýylyň 15-16-njy iýunynda Aşgabat şäherinde ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda «Ýylyň talyby» Döwlet bilim bäsleşiginiň jemleýji tapgyry geçirildi. Şu ýyl geçirilen bu abraýly bäsleşikde tapwutlanan ýaşlaryň arasynda Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň Halkara ykdysadyýeti we menejment fakultetiniň 4-nji ýyl talyby Daniýar Emirkulyýew iň ýokary netijäni görkezip, bäsleşigiň baş baýragyna – «Ýylyň talyby» diýen belent we abraýly ada mynasyp boldy. Bäsleşigiň esasy maksatlary Türkmenistanyň Prezidentiniň bilim ulgamynda geçirýän özgertmelerini durmuşa geçirmekligi netijeli dowam etdirmekden; Türkmenistanyň Prezidentiniň bilim ulgamyny kämilleşdirmek boyunça talaplaryndan ugur alyp, merdana halkymyza, Ata Watanymyza, Türkmenistanyň Prezidentine çyn ýürekden wepaly, iň täze tilsimatly enjamlarynda işlemäge ukyply, döwlet dilini we daşary ýurt dillerini bilýän, başarjaň, anyk maksatly ýokary okuw mekdepleriniň talyplaryny ýüze çykarmakdan we goldamakdan, olaryň alan bilimlerini durmuşda ulanyp bilmek endigini açyp görkezmekden; Türkmenistanyň ýaş nesliniň ruhubelentligini, Watana buýsanjyny, ata-babalarymyzyň şöhratly geçmiş taryhyna egsilmez söýgüsini açyp görkezmekden ybaratdyr. Däp bolşy ýaly, bäsleşige gatnyşyjylar ylmy-döredijilik we dersara bäsleşiklerinde, halkara ders olimpiadalarynda gazanan üstünlikleri, medeni-köpçülikleýin çärelere gatnaşygy, sport ýaryşlaryndaky ýeňişleri, köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde çykyşlary üçin kesgitlenen utuklar ulgamy bilen bahalandyrylyp, her ýokary okuw mekdebinden iň ýokary netije gazanan talyp jemleýji tapgyra gatnaşmaga hukuk gazanýar. Jemleýji tapgyrda ýokary okuw mekdeplerine wekilçilik edýän talyplar Türkmenistanyň jemgyýetçilik durmuşyny öwreniş, häzirki zaman kompýuter tehnologiýalary, daşary ýurt (iňlis) dili dersleri boýunça taýýarlanan test sowallaryna jogap berdiler. Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň talybyň «Ýylyň talyby» bäsleşiginde uly ýeňiş gazanmagy biziň ählimizi buýsandyrýar! Biz bu ýeňşiň talyp ýaşlarymyzyň geljekde has uly ylmy we döredijilik üstünliklerini gazanmagyna, ýurdumyzyň abraýyny halkara giňişliginde belentden belent götermegine itergi berjekdigine berk ynanýarys. Ýaşlara döwrebap ylym-bilim dünýäsini açyp berýän Gahryman Arkadagymyzyň we Hormatly Prezidentimiziň janlary sag, ömürleri uzak, tutumly işleri elmydama rowaç bolsun! Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersiteti
RUS DILINDE OKADYLÝAN V SYNP ÜÇIN «ЛИТЕРАТУРА» OKUW KITABYNYŇ NOBATDAKY NEŞIRI ÇAP EDILDI
Türkmenistanda milli bilim we ylym ulgamyny mundan beýläk-de ösdürmäge gönükdirilen giň gerimli özgertmeler üstünlikli durmuşa geçirilýär. Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň we Milli Liderimiz Gahryman Arkadagymyzyň yzygiderli tagallalary netijesinde ýurdumyzda ýaşlara berilýän bilimiň mazmunyny kämilleşdirmäge, okuw maksatnamalaryny döwrebaplaşdyrmaga hem-de döwrüň talaplaryna laýyk gelýän täze okuw kitaplaryny we okuw-usuly gollanmalaryny taýýarlamaga aýratyn ähmiýet berilýär. Şol işleriň nobatdaky möhüm netijeleriniň biri hökmünde umumybilim berýän orta mekdepleriň rus dilinde okadylýan V synp okuwçylary üçin «Литература» okuw kitabynyň täzeden işlenilen we üsti ýetirilen nobatdaky neşiri çap edildi. Okuw kitabynyň täze neşiri (awtorlary: S.Saparowa, T.Hojamedowa, E.Gulmuradowa, L.Kasparowa – A.: Türkmen döwlet neşirýat gullugy, 2026) häzirki zaman biliminiň talaplaryny we okuwçylaryň ýaş aýratynlyklaryny nazara almak bilen taýýarlanyldy. Bu okuw dersi ozal başlangyç synplarda okadylan «Родная речь» dersiniň dowamy bolup, okuwçylary çeper edebiýatyň täsin dünýäsine alyp barýar. Onuň esasy maksady ýaş nesilde kitaba bolan söýgini kemala getirmekden, okamak medeniýetini ösdürmekden, döredijilikli pikirlenmegi höweslendirmekden we edebi eserleri seljermek endiklerini kämilleşdirmekden ybaratdyr. Okuw kitabynyň sahypalarynda halk döredijiliginiň we edebi mirasyň iň gowy nusgalary jemlenendir. Okuwçylar tapmaçalar, ýaňyltmaçlar, sanawaçlar, nakyllar we atalar sözleri ýaly folkloryň kiçi we dürli žanrlary bilen, şeýle hem «Şalgam we bal», «Garga we leňňeç» hem-de «Gözel Wasilisa» ýaly meşhur rus halk ertekileri bilen tanşarlar. Bu eserleriň öwrenilmegi okuwçylaryň dünýägaraýşyny giňeltmäge, çeper sözüň baýlygyny açyp görkezmäge hem-de edebiýatda şöhlelenýän ahlak gymmatlyklaryna has çuňňur düşünmäge ýardam berer. Okuw kitabynyň nobatdaky neşiriniň çap edilmegi ýurdumyzda bilim ulgamyny mundan beýläk-de kämilleşdirmek boýunça alnyp barylýan giň gerimli işleriň nobatdaky netijesidir. Bu okuw kitaby okuwçylar üçin ýaş aýratynlyklaryna laýyklykda ygtybarly we gymmatly çeşme bolup hyzmat eder, ýaş nesli ruhy gymmatlyklaryň hem-de çeper döredijiligiň dünýäsine gönükdirer we bilimli, giň dünýägaraýyşly hem-de ýokary medeniýetli nesli terbiýelemäge ýardam eder. Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň okuw kitaplaryny taýýarlamak we neşir işleri bölümi
Aşgabatda DARYA taslamasynyň we SCAFFOLD usulyýetiniň çäklerinde Ýewropa bilim gaznasynyň çäreleri geçirildi
2026-njy ýylyň 3–11-nji iýuny aralygynda Aşgabat şäherinde Ýewropa bilim gaznasynyň — European Training Foundation (ETF) — wekiliýetiniň iş saparynyň çäklerinde birnäçe çäreler geçirildi. Bu Çäreler Ýewropa Bileleşiginiň «Merkezi Aziýada ukyply ýaşlar üçin dialog we hereket» — DARYA sebitleýin taslamasynyň çäklerinde geçirildi. Taslama Ýewropanyň Global Gateway başlangyjynyň bir bölegi bolup, ykdysadyýetiň ileri tutulýan pudaklarynda başarnyklary ösdürmäge gönükdirilendir. Wekiliýetiň düzümine Ýewropa bilim gaznasynyň Türkmenistan boýunça ýurt utgaşdyryjysy Katarina Lukacowa, adam maýasynyň ösüşi boýunça uly hünärmen Kristina Hemşemeýer, taslamanyň menejeri Samuel Kawana, SCAFFOLD usulyýeti boýunça bilermen Natia Gorgadze, şeýle hem DARYA taslamasynyň milli fasilitatory Gülşirin Annadurdyýewa girdi. Saparyň maksatnamasy iki sany özbaşdak ugurdan ybarat boldy. DARYA taslamasyny işjeňleşdirmek Birinji ugur institusional hyzmatdaşlygy ösdürmäge, 2026-njy ýyl üçin iş meýilnamasyny ara alyp maslahatlaşmaga, şeýle hem başarnyklara bolan täze ýüze çykýan zerurlyklary öwrenmäge we kartalaşdyrmaga bagyşlandy. Bu ugurda energetika, ulag we sanly pudaklara aýratyn üns berildi. Saparyň esasy wezipeleriniň biri 2026-njy ýylyň 13–14-nji oktýabrynda Aşgabat şäherinde geçirilmegi meýilleşdirilýän DARYA ýokary derejeli toparynyň 5-nji mejlisine deslapky taýýarlyk görmekden ybarat boldy. Bu ýygnak Türkmenistanyň çäginde agzalan taslamanyň çäklerinde geçiriljek ýokary derejedäki ilkinji sebitleýin çäre bolar. Saparyň çäklerinde wekiliýet meýilnamalary utgaşdyrmak we maýa goýumlary goldamak maksady bilen Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde, Türkmenistanyň Bilim ministrliginde, Türkmenistanyň Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministrliginde, Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginde, Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň syýahatçylyk bölüminiň wekilleri bilen, Türkmenistanyň Energetika ministrliginde, şeýle hem ulag we aragatnaşyk ulgamlary boýunça degişli ministrliklerde, şol sanda gurluşyk we binagärlik, demir ýol ulaglary, awtomobil ulaglary we aragatnaşyk ugurlary boýunça iş duşuşyklaryny geçirdi. Zähmet bazarynyň amaly zerurlyklaryny ara alyp maslahatlaşmak maksady bilen Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi, şeýle hem energetika, ulag we sanlylaşdyrma ugurlarynda işleýän işewür düzümler bilen duşuşyklar geçirildi. Şeýle hem degişli pudaklar boýunça hünärmenleri taýýarlaýan ýokary we orta hünär okuw mekdeplerine saparlar amala aşyryldy. SCAFFOLD usulyýeti boýunça okuwlar Saparyň ikinji ugry amaly häsiýete eýe bolup, mugallymlaryň hünär derejesini ýokarlandyrmaga bagyşlandy. Okuw maslahatlary 2026-njy ýylyň 8–11-nji iýuny aralygynda Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň utgaşdyrmagynda Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika institutynyň binýadynda geçirildi. Okuwlaryň dowamynda Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň wekilleri we ministrligiň garamagyndaky okuw mekdepleriniň mugallymlary SCAFFOLD usulyýetini özleşdirdiler. Bu usulyýet toparlaýyn we tejribä gönükdirilen okuw işini guramak, okuwçylara tapgyrlaýyn goldaw bermek we olaryň özbaşdaklygyny ösdürmek üçin häzirki zaman guraly hökmünde hödürlenildi. Iýun aýynda geçirilen okuwlar bu usulyýetiň ýurdumyzda üstünlikli ornaşdyrylmagynyň dowamydyr. Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň ýolbaşçylygynda 2025-nji ýylyň noýabr aýynda iki sany giň gerimli okuw treningleriň netijesinde, 2026-njy ýylyň maý aýyna çenli türkemen tarapy innowasion SCAFFOLD usulyýeti boýunça DARYA taslamasynyň 70–80 sany sertifikatlaşdyrylan usuly tälimçileri ugrukdyrdy we 23 sany bilim edaralaryndan Skaffold boýunça okadylan pedagoglary synag görnüşinde bu tejribäni işjeňleşdirip başladylar. Häzirki okuw maslahatlary SCAFFOLD usulyýetiniň milli derejede durnukly ornaşdyrylmagyny üpjün etmäge gönükdirildi. Geçirilen sapar Global Gateway Çarçuwaly maksatnamasynyň çäklerinde Türkmenistanyň adam maýasyna gönükdiriljek geljekki halkara maýa goýumlary üçin berk binýat döretdi. Ýewropa bilim gaznasynyň, Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň we Türkmenistanyň Statistika baradaky döwlet komitetiniň bilim hyzmatlaryny hödürleýän edaralary kartalaşdyrmak boýunça bilelikdäki işi, şeýle hem DARYA ýokary derejeli toparynyň oktýabr aýyndaky mejlisine görülýän taýýarlyk okuw çemeleşmelerini döwrebaplaşdyrmaga we türkmen ýaşlarynyň bilimden zähmet işine netijeli geçmegini üpjün etmäge ýardam eder. Şeýle hem bu işler ykdysadyýetiň iň zerur ugurlary boýunça hünärmenleri taýýarlamagyň hilini ýokarlandyrmaga hyzmat eder. Türkmenistanyň Bilim ministrligi
Maslahat duşuşygy geçirildi
2026-njy ýylyň iyun aýynyň 11-ne Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynda Ylymlar güni mynasybetli Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Mary welaýat Geňeşi bilen bilelikde “Ylymly ýaşlar – Watanyň kuwwaty” atly aýdym-sazly maslahat duşuşygy geçirildi. Maslahat duşuşygyň dowamynda birnäçe täsirli çykyşlar diňlenildi. Şeýle-de ýürekleri buýsançdan doly institutyň “Kuwwat” aýdym-saz toparynyň çeper höwesjeň bagtyýar talyp ýaşlary aýdymdyr sazlary uly ruhubelentlik bilen ýerine ýetirdiler. Baý many-mazmuna eýe bolan bu duşuşyk maslahaty ýaşlaryň aň-düşünjeli, giň gözýetimli bolup ýetişmeklerine, öz saýlap alan hünärlerini içgin öwrenmeklerine oňyn täsirini ýetirdi. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň saýasynda, Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ylym we bilim täze başgançaklar, açyşlar bilen ösüşlere beslenýär. Maslahatyň ahyrynda oňa gatnaşyjylar maksada okgunly, ösen tehnologiýalardan baş çykarýan ýaşlary terbiýeläp ýetişdirmekde giň mümkinçilikleri döredip berýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş hem-de hoşallyk sözleri aýtdylar. Türkmenistanyň Döwlet energetika instituty
Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň wekilleri Özbegistan Respublikasyna halkara okuw saparyna gatnaşýarlar
Özbegistan Respublikasynyň Nukus we Daşkent şäherlerinde Ýewropa Bileleşigi tarapyndan maliýeleşdirilýän we Germaniýanyň Halkara hyzmatdaşlyk boýunça jemgyýeti (GIZ) tarapyndan durmuşa geçirilýän «Türkmenistanyň ýaşyl ösüşi üçin Ýewropa Bileleşigi: 2024-2029-njy ýyllar üçin syýasy dialog we howanyň üýtgemegi boýunça hereketler» taslamasynyň hem-de «Green Central Asia» sebitara başlangyjynyň çäginde tanyşlyk we tejribe alyşmak sapary geçirilýär. 2026-njy ýylyň 8-14-nji iýuny aralygynda dowam edýän bu okuw saparyna Türkmenistanyň wekilleri, şol sanda Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň “Gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleri” ylmy-önümçilik merkeziniň hünärmenleri hem-de halkara taslamanyň wekilleri ýurdumyza wekilçilik edýärler. Saparyň esasy maksady sebitde suw, energiýa we ekologiýa durnuklylygyny üpjün etmek, alternatiw energiýa çeşmelerini we innowasion biosistemalary önümçilige ornaşdyrmak boýunça halkara tejribesini öwrenmekden ybaratdyr. Häzirki wagtda wekiller Garagalpagystan Respublikasynyň Nukus şäherinde bolup, Ylmy-barlag irrigasiýa we suw meseleleri institutynyň Garagalpagystan şahamçasynyň hem-de «Ýaş alymlar akademiýasynyň» hünärmenleri bilen duşuşdylar. Saparyň meýilnamasyna laýyklykda, innowasion ekologik ulgamlar, drenaž suwlaryny tebigy usulda arassalaýan bioplato ulgamlary we durnukly suwaryş üçin niýetlenen gün panelleri bilen iýmitlenýän suw nasos stansiýalaryň işjeňligi öwrenilýär. Şeýle hem Özbegistan Respublikasynyň Ylymlar akademiýasynyň binasynda biosenagatyň hem-de bioenergetikanyň esasy ugurlarynyň biri bolan hlorella mikrosuwotularyny ösdürip ýetişdirmegiň önümçilik şertleri we laboratoriýa işleri bilen ýakyndan tanyşlyk amala aşyrylar. Maksatnamanyň öňümizdäki günlerinde türkmen wekilleriniň Aralýaka sebitiniň Halkara innowasiýa merkeziniň ýolbaşçylary bilen duşuşmagyna, intensiw bagbançylyk boýunça synag meýdançalaryna aýlanmagyna we Daşkent şäherinde dowam etjek ylmy seminarlara gatnaşmagyna garaşylýar. Şol seminarlaryň çäginde topragyň şorlaşmagyny azaltmak, suw tygşytlaýjy tehnologiýalar, topragyň elektrik geçirijiligini çalt bahalandyrmak hem-de Syrderýa welaýatyndaky «Master fruit» fermer hojalygynda oba hojalygy bilen gün energiýasyny utgaşdyrýan döwrebap Agro-fotoelektrik ulgamlarynyň amaly ulanylyşy ylmy esasda öwreniler. Türkmenistanyň wekilleriniň aýratyn-da Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň “Gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleri” ylmy-önümçilik merkeziniň ylmy işgärleri şu günlerde dowam edýän bu halkara maksatnamasyna gatnaşmagy, Hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda ýurdumyzda alternatiw energetikany, «ýaşyl ykdysadyýeti» we ylmy-innowasion tehnologiýalary ösdürmek barada durmuşa geçirilýän döwlet syýasatyna uly goşant bolar. Bu sapar sebitdäki ylmy hyzmatdaşlygy pugtalandyrmakda we ekologik durnuklylygy üpjün etmekde täze sepgitleri açar. Halkara maslahata gatnaşyjylar ylym-bilim ulgamynda döredilýän ähli mümkinçilikler üçin Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş hem-de hoşallyk sözlerini beýan edýärler. Türkmenistanyň Döwlet energetika instituty
Türkmen talyplary «Huawei ICT Competition 2025–2026» bäsleşiginde 3-nji orna mynasyp boldylar
2026-njy ýylyň 2-5 nji iýunynda Hytaý Halk Respublikasynyň Şençžen şäherinde Huawei kompaniýasy tarapyndan gurnalan maglumat-kommunikasiýa tehnologiýa ugurlary boýunça bäsleşigiň final jemleýji tapgyry geçirildi. Bäsleşige Practical competition network tracking ugry boýunça Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň Sanly ulgam we maglumat howpsuzlygy bölüminiň baş hünärmeni Şirmuhammet Wepaýew, Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika institutynyň talyby Italmazow Arslan we Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň talyplary Haýytmuhammedow Yslam we Orazmämmedow Gurban gatnaşdylar. «Huawei ICT Competition 2025-2026 Global Final» bäsleşigine dünýäniň 100-den gowrak ýurdundan, 2 000-den gowrak ýokary okuw mekdebinden 1180000-den gowrak talyp we halypa mugallymlary gatnaşdylar. Bäsleşik birnäçe tapgyrlardan ybarat bolup, ilkinji tapgyry ýurt içinde, ikinji tapgyr sebitleýin we 3-nji bütindünýä tapgyry bolup, Şençžen şäherinde 40-dan gowrak ýurtlardan gelen 170 topary emele getiren 500 sany gatnaşyjylar saýlandy. Bäsleşigiň Practical competition network tracking ugrunyň esasy maksady korporatiw ulgamlary taslamak, sazlamak we olaryň howpsuzlygyny üpjün etmek ukyplaryny toplumlaýyn barlamakdan ybarat bolup we jemleýji tapgyry laboratoriýa şertlerinde sekiz sagatlyk amaly synagy öz içine alyp, onda 25 ýurtdan gelen gatnaşyjylar hakyky wagt rejesinde torda routing, optimizasiýa işlerini sazlamak we arhitektura näsazlyklaryny aradan aýyrmak boýunça çylşyrymly meseleleri çözmekden ybarat boldy. Netijede Türkmenistanyň talyplary bütindünýä «Huawei ICT Competition 2025-2026 Global Final» bäsleşiginde Practical competition network tracking ugry boýunça 3-nji orna mynasyp boldylar.
TÄZE ÜSTÜNLIKLERE RUHLANDYRÝAN BÄSLEŞIKLER
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýokary depginler bilen hemmetaraplaýyn sazlaşykly ösýän ýurdumyzda milli bilim ulgamyny kämilleşdirmäge döwlet derejesinde aýratyn ähmiýet berilýär. Giň düşünjeli, çuň bilimli, watansöýüji ýaş nesli kemala getirmek babatdaky uzak geljegi nazarlaýan düýpli özgertmeler durmuşa geçirilýär. Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda tehnologiýalaryň we sanly ykdysadyýetiň ösýän şertlerinde dünýäniň iň öňdebaryjy tejribeleri hem-de halkara hyzmatdaşlygynyň çäklerinde milli ykdysadyýetimiziň ähli pudaklary boýunça ýokary derejeli hünärmenleri, şol sanda işçi hünärmenleri taýýarlamak bilen baglanyşykly özgertmeler giň gerimde rowaçlanýar. Hünär-tehniki we orta hünär bilimi edaralarynda alnyp barylýan nazary we tejribe okuwlarynyň netijeliligini ýokarlandyrmaga, önümçilik bilen arabaglanyşygy pugtalandyrmaga, dünýäniň öňdebaryjy tejribelerini tapgyrlaýyn ornaşdyrmak uly üns berilýär. Ykdysadyýetimiziň ähli pudaklarynda amala aşyrylýan giň möçberli özgertmelerden baş çykaryp bilýän ýokary derejeli işçi hünärmenleri taýýarlamak, ýaş nesli häzirki zaman hünärlere ugrukdyrmak babatynda öňdebaryjy okuw-terbiýeçilik usullar giňden peýdalanylýar. Ýaşlary hünäre ugrukdyrmaga, olaryň saýlap aljak kärine bolan gyzyklanmasyny artdyrmaga, amaly başarnyklaryny kämilleşdirmäge hem-de zähmete bolan jogapkärçilikli garaýşyny ösdürmäge ýardam berýän dürli bäsleşikler geçirilýär. Bilime dünýä tejribeleriniň ornaşdyrylmagy bilen birlikde, hünär okuw mekdepleriniň talyplaryna hünär okuwlarynyň öwredilişini kämilleşdirmek, ýaşlaryň hünär taýýarlygynyň hilini, döredijilik ukyp-başarnyklaryny ýokarlandyrmak, häzirki zaman tehnologiýalaryndan baş çykarmaklaryny gazanmak, oýlap tapyşlara höweslendirmek hünär endiklerini we başarnyklaryny ýüze çykarmak maksady bilen, 2026-njy ýylyň 6-njy iýunynda Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň guramagynda S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetinde hem-de Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrliginiň Söwda hünär-tehniki okuw mekdebinde ýurdumyzyň hünär-tehniki okuw mekdepleriniň we orta hünär okuw mekdepleriniň talyp ýaşlarynyň gatnaşmagynda geçirilen «Hünär ussatlygy» atly hünär bäsleşigi hem muňa doly şaýatlyk edýär. Bu bäsleşik dünýä derejesindäki ýaryşlary guramakda oňyn tejribe toplan Worldskills International halkara assosiasiýasynyň «Worldskills» hünär bäsleşiginiň standartlaryna laýyklykda guraldy. Her bir güni milli we halkara ähmiýetli wakalar bilen şöhratlandyrylýan «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda mukaddes Garaşyzlygymyzyň şanly 35 ýyllygyna gabatlanyp geçirilen bu bäsleşige çärä talyp ýaşlary, mekdep uçurymlary, «Türkmenistanyň Ýaşlarynyň üstünlikleri» jemgyýetçilik guramasy hem-de ýurdumyzyň hususy kärhanalary, telekeçileri işjeň gatnaşdylar. Bäsleşige gatnaşyjylar ýurdumyzyň milli bilim ulgamynda amala aşyrylýan özgertmelere, hünär-tehniki we orta hünär bilimi edaralarynda alnyp barylýan bilim işlerine bagyşlanan sergi bilen tanyş boldular. Bagtyýar ýaşlar öz aralarynda «Elektromontaž işleri», «Kafel (syrçaly ýuka plitka) düşemek işleri», «Kerpiç örmek işleri», «Santehnika işleri», «Aşpezçilik işleri», «Konditerçilik işleri», «Biçimçi-tikinçilik işleri» hünärleri boýunça ussatlyklaryny, başarnyklaryny we çalasynlyklaryny görkezip, «Hünär ussady» diýen ady almak ugrunda çekeleşikli bäsleşdiler. Bäsleşigiň aýratynlygyna laýyklykda, önümçilik edara-kärhanalarynyň wekillerinden düzülen emin agzalar topary bäsleşige gatnaşanlaryň bezeg daşlaryny ýonmakda, kerpiçleri örmekde, turbageçirijileri gurnamakda, elektrik üpjünçiligini ýola goýmakda, döwrebap egin-eşikleriň dizaýny ýerine ýetirmekde, tagamlary taýýarlamakda başarjaňlyklaryna we ussatlyklaryna baha berip, ýeňijileri saýladylar. Bäsleşigiň ýeňijilerine diplomlar hem-de sowgatlar dabaraly gowşuryldy. «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda gurnalan bu bäsleşik Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň bilim özgertmeleriniň ajaýyp miweleridir. Belent Mertebeli Gahryman Prezidentimiziň hem-de Hormatly Gahryman Milli Liderimiziň nusgalyk beýik işleri bilen Garaşsyz, Bitarap ýurdumyzyň dünýäniň bilim giňişligindäki ornunyň barha pugtalandyrylýandygyna şaýatlyk eden üstünlikler Watana bolan beýik söýgä ygrarly, ynsanperwerligi, hoşniýetliligi ýörelge edinen ýaşlarymyzy täze üstünliklere ruhlandyrýar. Türkmenistanyň Bilim ministrligi
Türkmenistanyň Bilim ministrliginde ABŞ-nyň wekiliýeti bilen duşuşyk geçirildi
2026-njy ýylyň 8-nji iýunynda Türkmenistanyň Bilim ministrliginde Türkmenistanyň bilim ministriniň orunbasary Azat Ataýew bilen ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň orunbasary Sara Rodžersiň ýolbaşçylygyndaky Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň wekiliýetiniň arasynda duşuşyk geçirildi. Gepleşikleriň dowamynda taraplar bilim ulgamyndaky türkmen-amerikan hyzmatdaşlygyny mundan beýläk-de çuňlaşdyrmagyň ileri tutulýan ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdylar. Ýokary okuw mekdepleriniň arasyndaky gatnaşyklary giňeltmäge, akademiki hereketliligi ösdürmäge, daşary ýurt dilleriniň okadylyşyny kämilleşdirmäge, şeýle hem ykdysadyýetiň häzirki zaman pudaklary üçin hünärmenleri taýýarlamakda sanly tehnologiýalary ornaşdyrmaga aýratyn üns berildi. Duşuşykda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň 2023-nji ýylda gol çekilen Özara düşünişmek hakyndaky Ähtnamanyň we bilelikdäki Ýol kartasynyň çäklerinde ulgamlaýyn esasda ösdürilýändigi bellenildi. Bu mehanizmler aýry-aýry taslamalary bilimiň hilini ýokarlandyrmaga we ýaşlar üçin mümkinçilikleri giňeltmäge gönükdirilen yzygiderli hem-de uzak möhletleýin strategiýa öwürmäge şert döredýär. Türkmen tarapy myhmanlary ýurtda bilim ulgamynda amala aşyrylýan özgertmeler bilen tanyşdyrdy. Şunda giň gerimli sanlylaşdyrmaga, innowasion çözgütleri ornaşdyrmaga, ýokary okuw mekdepleriniň ylmy-barlag kuwwatyny pugtalandyrmaga, şeýle hem bilimlere esaslanýan ykdysadyýete geçişiň çäklerinde adam maýasyny strategik meýilnamalaşdyrmaga aýratyn ähmiýet berilýändigi nygtaldy. Ýokary okuw mekdepleriniň arasyndaky hyzmatdaşlygyň çäklerinde bilelikdäki magistratura maksatnamalaryny, şol sanda MBA maksatnamasyny durmuşa geçirmek, iki diplomly bilim maksatnamalaryny ösdürmek, okuw meýilnamalaryny utgaşdyrmak we professor-mugallymlaryň hünär derejesini ýokarlandyrmak bilen bagly meselelere garaldy. Taraplar şeýle taslamalaryň iki ýurduň ýokary okuw mekdepleriniň arasyndaky göni gatnaşyklary pugtalandyrmaga ýardam etjekdigini bellediler. Şeýle hem ýaşlaryň liderlik ukyplaryny ösdürmegiň we halklaryň arasyndaky özara düşünişmegi berkitmegiň netijeli guraly hökmünde hereket edýän alyş-çalyş maksatnamalaryna aýratyn üns berildi. Amerikan tarapy türkmenistanly gatnaşyjylar üçin orunlaryň sanyny artdyrmagyň mümkinçiliklerine garamagy hem-de ABŞ-nyň bilim we alyş-çalyş maksatnamalarynyň uçurymlary bilen alnyp barylýan işleri işjeňleşdirmegi teklip etdi. Bilimleri halkara derejede bahalandyrmak we maglumat tehnologiýalary babatda öňdebaryjy synag hem-de sertifikatlaşdyryş ölçeglerini ornaşdyrmak, şeýle hem ABŞ-nyň öňdebaryjy sanly bilim platformalaryna elýeterliligi giňeltmek meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Munuň özi Türkmenistanyň dünýäniň öňdebaryjy onlaýn bilim serişdelerini milli bilim ulgamyna üstünlikli ornaşdyrmak boýunça alyp barýan işleriniň üstüni ýetirer. Duşuşygyň ahyrynda taraplar hyzmatdaşlygyň bilelikdäki Ýol kartasyny döwrebaplaşdyrmagyň maksadalaýykdygy barada pikir alyşdylar. Täzelenjek strategik resminamada sanly bilim ekoulgamlary, emeli aň tehnologiýalary, ýokary okuw mekdepleriniň halkara akkreditasiýasy we täze bilelikdäki uniwersitet taslamalary ýaly ileri tutulýan ugurlaryň öz beýanyny tapmagyna garaşylýar. Duşuşyk işjeň we netijeli ýagdaýda geçip, taraplaryň ikitaraplaýyn gatnaşyklary mundan beýläk-de pugtalandyrmaga hem-de geljegiň talaplaryna laýyk gelýän ýokary hünärli işgärleri taýýarlamaga bolan özara gyzyklanmasyny tassyklady. Türkmenistanyň Bilim ministrligi
Ylmy-amaly maslahat geçirildi
2026-njy ýylyň iýun aýynyň 8-ne Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynda Ylymlar güni mynasybetli professor-mugallymlaryň, talyplaryň, aspirantlaryň we önümçilikde işleýän hünärmenleriň gatnaşmagynda “Milli ylmyň sanlylaşdyrylmagy: ylym, bilim, önümçilik” atly ylmy-amaly maslahaty geçirildi. Maslahatyň dowamynda ýurdumyzyň nebit-gaz, oba hojalyk, gurluşyk, energetika, dokma, ykdysadyýet, maliýe, bank toplumlaryna, söwda, ulag, aragatnaşyk, himiýa, medeniýet, ylym, bilim, saglygy goraýyş, sport, syýahatçylyk ulgamlaryna ylmyň we tehnologiýalaryň täze gazananlarynyň yzygiderli ornaşdyrylmagynyň ähmiýeti we ylmy esaslary dogrusynda birnäçe çykyşlar diňlenildi. Şeýle-de institutymyzyň “Kuwwat” aýdym-saz toparynyň taýýarlan görkezme çykyşlaryna tomaşa edildi. Maslahatyň ahyrynda oňa gatnaşyjylar ýurdumyzyň ýaşlarynyň ylymly, bilimli, halka wepaly, giň gözýetimli, maksada okgunly, zähmetsöýer we öňdebaryjy nesiller bolup ýetişmeklerini, ýaş alymlaryň täze ylmy we inženerçilik pikirlerini, senagat-innowasiýa we maglumat-tehnologiki işläp taýýarlamalaryny milli ykdysadyýetimize giňden ornaşdyrmakda bimöçber tagallalary edýän Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş hem-de hoşallyk sözlerini aýtdylar. Türkmenistanyň Döwlet energetika instituty
Aýdym-sazly baýramçylyk konserti geçirildi
2026-njy ýylyň iýun aýynyň 9-na Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynda Ylymlar güni mynasybetli aýdym-sazly baýramçylyk konserti geçirildi. Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimizde Hormatly Prezidentimiziň öňdengörüjilikli we parasatly baştutanlygynda ylmyň we tehnologiýalaryň ösüşine, halkymyzyň aň-bilim derejesiniň ýokarlandyrylmagyna, ylmyň, tehnikanyň we önümçiligiň bitewiliginiň üpjün edilmegine aýratyn ähmiýet berilýär. Ylymlar güni mynasybetli geçirilen baýramçylyk konsertinde institutyň “Kuwwat” aýdym-saz toparynyň taýýarlan görkezme çykyşlaryna tomaşa edildi. Baýramçylyk konsertinde ýaşlaryň täsin ukyp-başarnyklarynyň dürli ugurlaryny açyp görkezýän aýdym-sazlar bilen bir hatarda, milli saz medeniýetimiziň köpöwüşginliligini beýan edýän, türkmen halkynyň ruhy ýörelgelerini wasp edýän joşgunly çykyşlar ýerine ýetirildi. Aýdym-sazly konsertiň ahyrynda oňa gatnaşyjylar ýaş nesil barada edýän hemişelik aladalary, olaryň bagtyýar durmuşy ugrunda döredilýän şertler üçin Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş hem-de hoşallyk sözlerini aýtdylar. Türkmenistanyň Döwlet energetika instituty
Ylymlar gününe bagyşlanyp ylmy-amaly maslahat geçirildi
Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetinde Türkmenistanyň Ylymlar güni mynasybetli geçirilen “Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýokary hünärli inženerleri taýýarlamakda innowasion tehnologiýalaryň orny” atly ylmy-amaly maslahaty geçirildi. Maslahatyň umumy mejlisinde uniwersitetiň professory N.Suwhanow Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde ýurdumyzda ylym-bilim ulgamyny ösdürmekde uly işleriň amala aşyrylýandygyny we bu ugurda ýokary derejeli inženerleri taýýarlamakda ähli mümkinçilikleriň döredilendigini aýratyn belläp geçdi. Soňra uniwersitetiň uly mugallymy G.Saparowa hünärmenleriň ynsanperwer taýýarlygynyň kämilleşmegi ugrunda alnyp barylýan işler barada çykyş etdi. Uniwersitetiň uly mugallymlary Ş.Geldiýewa hem-de B.Owganowa ýurdumyzyň ylym ulgamynda gazanylan üstünlikleri, ylymly nesiliň watanyň badyna bat, kuwwadyna kuwwat goşýandygy barada öz çykyşlarynda buýsanç bilen belläp geçdiler. Ylmy-amaly maslahat öz işini umumy mejlisden soňra 8 sany bölümçelerde dowam etdirdi. Çykyş edenler Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary bilen ylym-bilim ulgamynyň maddy-enjamlaýyn binýadynyň ýyl-ýyldan pugtalandyrylýandygyny, talyplaryň multimediýa tehnologiýalary, döwrebap kompýuterler bilen enjamlaşdyrylan okuw otaglarynda bilim alýandyklaryny we sanly bilim ulgamynyň okuw işlerine ornaşdyrmak barada işleriniň yzygiderli dowam etdirilýändigini aýratyn belläp geçdiler. Ylmy-amaly maslahat işjeň ýagdaýda geçip, çykyş edenler bilen diňleýjileriň arasynda sorag-jogaplar we gyzykly pikir alyşmalar boldy. Ylmy-amaly maslahata gatnaşyjylar dünýäniň parahatçylygyny pugtalandyrmak baradaky Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň beýik başlangyçlarynyň elmydama rowaç bolmagyny, janlarynyň sag, ömürleriniň uzak, bolmagyny arzuw etdiler. Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersiteti
UMUMYBILIM BERÝÄN MEKDEPLER ÜÇIN TÄZE OKUW KITABY NEŞIR EDILDI
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzy hemmetaraplaýyn ösdürmek babatda amala aşyrylýan işleriň hatarynda bilim ulgamy esasy orunlaryň birini eýeleýär. Çünki ýaş nesle döwrebap bilimdir terbiýe bermek, olary kämillik ýolunda taplamak, milli pedagogikamyzyň çäginde bu babatda alnyp barylýan işleriň gerimini giňeltmek ugrunda türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň we Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýolbaşçylygynda köp tagallalar edilýär. Ýaňy-ýakynda umumybilim berýän mekdepleriň XII synpy üçin «Algebra we analiziň başlangyçlary» okuw kitaby (awtorlary: G.Şadurdyýew, O.Annaorazow, J.Töräýew, Ý.Abaýew – A.: Türkmen döwlet neşirýat gullugy, 2026) neşir edildi. Okuw kitaby dört bapdan, otuz üç paragrafdan, algebranyň esasy teoremasy barada düşünjeden ybarat bolup, olarda okuw maksatnamasyna laýyklykda degişli möhüm maglumatlar beýan edilipdir. «Asyl funksiýa we integral» atly I bapda asyl funksiýa, asyl funksiýanyň esasy häsiýeti, asyl funksiýany tapmagyň düzgünleri, egriçyzykly trapesiýanyň meýdany, kesgitli integral, integral barada düşünje, Nýuton-Leýbnisiň formulasy, meýdanlary we göwrümleri hasaplamakda integralyň ulanylyşy, integraly käbir amaly meseleleri çözmekde ulanmak (integralyň fizikada, himiýada, biologiýada, durmuş ykdysady meseleleri çözmekde ulanylyşy, üýtgeýän güýjüň işi), funksiýanyň differensialy barada düşünje (funksiýanyň differensialy, differensialyň geometrik manysy, differensialy hasaplamak), ýönekeý differensial deňleme barada düşünje ( mehaniki hereketiň deňlemesi, radioaktiw dargaýyş, Türkmenistanyň durmuş-ykdysady taýdan ösüşine degişli meseleleriň differensial deňlemeleri ulanyp çözülişi we degişli taryhy maglumatlar ýerleşdirilipdir. «Kombinatorikanyň, ähtimallyklar nazaryýetiniň we matematiki statistikanyň elementleri» atly II bap kombinatorika we onuň esasy elementleri (çalşyrmalar, ýerleşdirmeler, utgaşdyrmalar, Paskalyň üçburçlugy, kombinatoriki meseleleriň çözülişi), Nýutonyň binomy, binomial koeffisiýentleriň häsiýetleri, ähtimallyklar nazaryýeti (ähtimallyklar nazaryýetiniň elementleri, ähtimallygyň nusgawy kesgitlemesi, ähtimallyklar nazaryýetiniň usullaryny ulanmak arkaly amaly meseleleriň çözülişi), statistika (statistika we onuň usullary, statistiki tablisalar), paýlanyş hatarlary, moda we mediana, orta baha bilen baglanyşykly maglumatlara orun berlipdir. «Deňlemeler we deňsizlikler» atly III bap deňlemelere degişli umumy maglumatlar, del kökler we köküň ýitmegi, deňlemeleriň deňgüýçlüligi barada teoremalar, deňlemeleri çözmek, deňlemeleri çözmegiň esasy usullary, deňlemeler sistemasy we ony çözmegiň esasy usullary, deňsizlikler, deňsizlikleri çözmek, irrasional deňsizlikler, modully deňsizlikler, iki üýtgeýän ululykly deňsizlikleriň we olaryň sistemalarynyň çözüwlerini koordinatalar tekizliginde şekillendirmek, tekstli meseleleri çözmek we matematiki modelirlemek, parametrli deňlemeler we deňsizlikler bilen baglanyşykly maglumatlar beýan edilýär. IV bap «Kompleks sanlar» diýlip atlandyrylýar. Bu bapda hakyky sanlar köplügini giňeltmek, kompleks sanlar barada düşünje, kompleks sanlaryň üstünde amallar, kompleks sanlaryň geometrik şekillendirilişi, polýar koordinatalar sistemasy we kompleks sanlaryň trigonometrik görnüşi, trigonometrik görnüşde berlen kompleks sanlary köpeltmek, bölmek we derejä götermek, kompleks sanlardan kök almak, algebraik deňlemeleriň kompleks kökleri bilen baglanyşykly maglumatlar ýerleşdirilipdir. Kitabyň ahyrynda berlen gönükmelerdir meseleleriň anyk dogry jogaplary görkezilipdir. Munuň özi diňe bir okuwçylaryň däl, eýsem, bu ugur bilen gyzyklanýan her bir adamyň öz bilimini barlamak üçin uly mümkinçilik döredýär. Türkmen jemgyýetindäki, şol sanda bilim ulgamyndaky uly özgertmeleriň başynda duran türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza we Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza berk jan saglyk, uzak ömür, işleriniň hemişe rowaç bolmagyny arzuw edýäris. Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň Okuw kitaplaryny taýýarlamak we neşir işleri bölümi