Ýurdumyzyň ylym, bilim we ýaşlar syýasatynyň esasy hereketlendiriji güýji.
Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň düzüminde okuw kitaplaryny taýýarlamak we neşir işleri bölümi hereket edýär. Bu bölüm tarapyndan Türkmenistanyň Prezidentiniň bilim edaralaryny döwrebap okuw kitaplary hem-de okuw gollanmalary bilen üpjün etmek, okuw maksatnamalaryny, okuw kitaplaryny we okuw gollanmalaryny many-mazmun taýdan ösen halkara tejribesine laýyklykda yzygiderli kämilleşdirip durmak boýunça tabşyryklaryny, şeýle-de Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlislerinde bular babatda öňde goýulýan wezipeleri ýerine ýetirmek işlerini alyp barýar. Okuw kitaplaryny we okuw-usuly gollanmalary Türkmenistanyň Konstitusiýasyna, “Bilim hakynda”, “Neşir işi hakynda” Türkmenistanyň kanunlaryna laýyklykda taýýarlanylmagy, neşir edilmegi bilen baglanyşykly işleri guraýar we olar bilen bilim edaralarynyň üpjün edilmegini ýola goýýar. Bölümiň esasy maksatlary: - Türkmenistanda bilimiň ähli derejeleri üçin okuw kitaplaryny we okuw gollanmalaryny taýýarlamagy Döwlet bilim standartlarynyň talaplaryna laýyklykda alyp barmagy üpjün emek; - Ministrligiň degişli bölümleri bilen bilelikde Türkmenistanyň Prezidentiniň durmuş-ykdysady özgertmelerine laýyklykda ýurdumyzyň bilim ulgamynyň ýörelgelerini işläp taýýarlamaga gatnaşmak; - Umumy orta we orta hünär hem-de ýokary okuw mekdepleri, mekdebe çenli bilim edaralary üçin okuw kitaplaryny, okuw-usuly gollanmalary, görkezme esbaplary, sözlükleri, mekdep kitaphanalary üçin kitaplary (mundan beýläk okuw kitaplaryny) taýýarlamakdan, degişli geňeşlerden geçirmekden, neşir etdirmekden hem-de bilim edaralaryny olar hem-de olaryň elektron göterijidäki nusgalary bilen üpjün etmek işlerini alyp barmak. Bölümiň esasy wezipeleri: - Türkmenistanyň Prezidentiniň bilim syýasatyny durmuşa geçirmek boýunça bilim edaralarynyň işlerini utgaşdyrmaga ýardam bermek; - Ministrligiň Okuw-usuly geňeşiniň (OUG) Düzgünnamasyny işläp düzmek we onuň işini kadalaşdyrmak; - OUG bilen mekdebe çenli bilim edaralarynyň, orta, hünär-tehniki we orta hünär, ýokary okuw mekdepleriniň, Aşgabat şäher we welaýatlaryň Baş bilim, Arkadag şäheriniň bilim müdirlikleriniň usuly birleşmeleriniň arasynda hyzmatdaşlygy ýola goýmak; - OUG-niň işine gözegçilik etmek we zerur bolan halatynda onuň düzümine üýtgetmeler girizmek barada Ministrligiň ýolbaşçylaryna teklipleri bermek; - okuw kitaplaryny neşir etmek, kämilleşdirmek we bilim-terbiýeçilik edaralaryny olar bilen üpjün etmek boýunça gelýän hatlara, tekliplere, arzalara seretmek; - okuw kitaplaryny taýýarlamak üçin bäsleşikleri yglan etmek ýa-da awtorlara sargyt etmek boýunça işleri alyp barmak; - Ministrlige hödürlenilen okuw kitaplarynyň golýazmalaryna seretmek, talabalaýyk bolan ýagdaýynda olary OUG-e ibermek we olaryň OUG-de talabalaýyk ara alnyp maslahatlaşylmagyny guramak; - OUG tarapyndan makullanylan golýazmalary Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň garamagyna ibermek; - Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasy tarapyndan makullanylan okuw kitaplaryny tassyklamagy üçin Ministriň garamagyna hödürlemek we tassyklanylan hem-de neşir edilmegi zerur hasap edilen okuw kitaplarynyň golýazmalaryny Ministrligiň neşir meýilnamasyna laýyklykda ýa-da ýörite hat bilen neşirýatlara ibermek; - okuw kitaplaryny neşir etmek boýunça neşirýatlar bilen işleşmek; - neşir edilýän okuw kitaplarynyň many-mazmun, bilim-terbiýe berijilik, ylmy-usulyýet taýdan talabalaýyk, hiliniň ýokary derejede bolmagyna gözegçilik etmek; - neşir edilen okuw kitaplarynyň degişli bilim-terbiýeçilik edaralaryna paýlanylyşyna, ulanylyşyna we hasapdan aýrylyşyna gözegçilik etmek; - mekdebe çenli bilim edaralarynyň, orta, orta hünär hem-de ýokary okuw mekdepleriniň okuw kitaplary bilen üpjünçiligini yzygiderli öwrenmek we bu ugurda degişli işleri geçirmek; - Ministrligiň degişli bölümleri, Aşgabat şäher we welaýat Baş bilim, Arkadag şäheriniň bilim müdirlikleri bilen bilelikde orta, orta hünär hem-de ýokary okuw mekdepleriniň kitaphanalarynyň işine gözegçilik etmek.
Bilim bermek we işgärleri hünäre taýýarlamak işini amala aşyrmak hukugyna ygtyýarlylandyrmak işi Ygtyýarnama bermek Arza Ygtyýarnama bes etmek Arza Ygtyýarnama çalysmak Arza Ygtyýarnama dikeltmek Arza Ygtyýarnama gaýtadan resmileşdirmek arza Ygtyýarnama gosmaça girizmek Arza Ygtyýarnama hereketini uzaltmak Arza Ygtyýarlylandyrmak hakynda düzgünnama Ygtyyarlylandyrmak kanun rejelenen Ygtyýarlylandyrylýan görnüşleriň sanawy we döwlet pajynyň möçberleri Ygtyýarnama üçin doldurylmaly görnüşler Ygtyýarnama üçin zerur resminamalaryň sanawy fiziki şahs üçin Ygtyýarnama üçin zerur resminamalaryň sanawy ýuridik şahs üçin
Bellik:“Academic Ranking of World Universities”, “QS World University Rankings” atly halkara guramalar tarapyndan düzülýän sanawy bilen resmi saýtlarynda tanyşyp bilersiňiz. Academic Ranking of World Universities compiled by international organizations - 2024. Список передовых высших учебных заведений мира составляемый международными организациями - 2024. Daşary ýurt döwletlerinde berlen ýokary we orta hünär bilimi hakyndaky resminamalary Türkmenistanda ykrar etmegiň tertibi. Daşary ýurt döwletlerinde berlen ýokary we orta hünär bilimi hakyndaky resminamalary Türkmenistanda ykrar etmegiň tertibini ulanmak boýunça gözükdiriji. Daşary ýurt döwletlerinde berlen diplomy Türkmenistanda ykrar etdirmek üçin zerur resminamalaryň sanawy. Dünýäniň okuw mekdepleriniň öňdeligini düzýän halkara guramalarynyň kesgitleýän sanawy - 2024. Moskwanyň ýokary okuw mekdepler boýunça halkara öňdeligi düzýän sanawy - 2024. Dünýäniň okuw mekdepleriniň öňdeligini düzýän halkara guramalarynyň kesgitleýän sanawy - 2024. SHANGHAI RANKING - 2024 Dünýä uniwersitetleriň akademiki reýtingi.
Türkmenistanda üznüksiz bilim bermegiň döwlet ulgamyna girýän we umumy orta bilimiň ýeke-täk milli maksatnamasyny durmuşa geçirýän hem-de bilim babatdaky döwlet syýasatynyň ýörelgelerine esaslanyp, çagalaryň bilim almaklaryny üpjün edýän döwlet umumybilim edaralarynyň (mundan beýläk – orta mekdepler) ähli görnüşleriniň guralyşynyň we olaryň işiniň tertibini düzgünleşdirýär. Orta mekdepleriň esasy wezipeleri: milletine, teniniň reňkine, jynsyna, gelip çykyşyna, emläk hem wezipe ýagdaýyna, ýaşaýan ýerine, diline, dine bolan garaýşyna, syýasy ynam ygtykadyna, ýa-da gaýra ýagdaýlara, şeýle hem ýaşyna we saglyk ýagdaýyna garamazdan bilim almak mümkinçiligi kepillendirmek; bilim berýän edaralarda okuw-terbiýeçilik işiniň hilini we mazmunyny ýokarlandyrmak hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň maksatnamalaýyn görkezmelerini iş ýüzünde durmuşa geçirmegi üpjün etmek; okuwçylarda ýokary medeniýetliligi we ahlak sypatlaryny terbiýelemek, terbiýeçilik işlerini türkmen halkynyň milli terbiýeçilik däpleri we umumadamzat ruhy gymmatlyklary, häzirki zaman terbiýeçilik usullary we görnüşleri bilen berk utgaşyklylykda guramak; okuwçylarda watançylyk, Türkmenistanyň Garaşsyzlygy we Bitaraplygy baradaky asylly pikirleri, öz halkyna, Watana hem-de Türkmenistanyň Prezidentine wepalylyk duýgularyny kemala getirmek; okuw işini türkmen halkynyň milli däpleriniň iň oňat nusgalaryny peýdalanmak bilen, dünýäniň häzirki zaman öňdebaryjy mugallymçylyk ylmynyň we usulyýetiniň gazananlary esasynda guramak; okuwçylaryň pikirlerini we garaýyşlaryny erkin aýdyp bilmäge bolan hukugyny amala aşyrmagyna ýardam bermek; okuwçylarda dünýä derejesine laýyk gelýän umumy we kesp-kär medeniýetini kemala getirmek; okuwçylary Türkmenistanyň we daşary ýurt döwletleriniň orta we ýokary hünär okuw mekdeplerinde okuwlaryny dowam etdirmäge taýýarlamak; okuwçy ýaşlaryň arasyndan dürli bäsleşikleri, gözden geçirişleri we ýaryşlary geçirmek arkaly tebigy zehinli hem-de has ukyply okuwçylary ýüze çykarmak; okuwçylara başlangyç zähmet endiklerini öwretmek we olary hünärlere ugrukdyrmak bolup durýar.
Türkmenistanyň Bilim ministrligi ýaşlar barada döwlet syýasaty çygrynda Ygtyýarly edara bolup durýar. Ýaşlar syýasaty bölümi Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň gurluş birligi bolmak bilen, ýaşlar barada ýeke-täk döwlet syýasatyny durmuşa geçirýär. Bölüm öz işinde, Türkmenistanyň Konstitusiýasyny, Ýaşlar barada döwlet syýasaty hakynda, Bilim hakynda Türkmenistanyň Kanunlaryny, Türkmenistanyň beýleki kanunlaryny, Türkmenistanyň Prezidentiniň namalaryny, Türkmenistanyň Mejlisiniň kararlaryny, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň çözgütlerini, Döwlet orta hünär bilimi edaralary hakynda hem-de Döwlet ýokary hünär bilimi edaralary hakynda Düzgünnamalary, beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalaryny, Türkmenistanyň halkara şertnamalaryny goldaýar. Ýaşlar barada döwlet syýasatynyň maksatlaryna, wezipelerine, ýörelgelerine, esasy ugurlaryna, şeýle hem Türkmenistanyň ýaşlarynyň döwletiň we jemgyýetiň ykdysady, syýasy, medeni durmuşyna işjeň gatnaşmaklaryny, ýaşlarda belent ruhy-ahlak ýörelgelerini emele getirmek, ösüp gelýän nesli watançylyk, ynsanperwerlik hem-de zähmetsöýerlik ruhunda terbiýelemek, ýaşlaryň kämil şahsyýetler hökmünde kemala gelmeginde döwlet goldawynyň ýokarlandyrylmagyna gönükdirilen işleri guraýar. Ýaşlar syýasaty bölümi Ýaşlar syýasatyny üstünliki durmuşa geçirmek babatynda, Hormatly Prezidentimiziň alyp barýan içeri we daşary döwlet syýasatyna, Türkmenistanda ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň 2021-2025-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasyna hem-de Türkmenistanyň ýaşlarynyň halkara hyzmatdaşlygynyň 2023-2030-njy ýyllar üçin Strategiýasyna, Ýaşlar syýasaty babatyndaky Ähtnamalara laýyklykda utgaşykly işleri alyp barýar. Türkmenistanyň kanuny ýaşlar barada döwlet syýasaty hakynda (rejelenen görnüşi)
Hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda ýurdumyzyň bilim ulgamyny dünýäniň ösen döwletleriniň derejesine ýetirmäge gönükdirilen özgertmeler üstünlikli durmuşa geçirilýär. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe bilim ulgamynda durmuşa geçirilýän düýpli özgertmeler milli we oňyn dünýä tejribesini özünde jemlemek bilen mekdebe çenli çagalar edaralaryndan başlap, bilim edaralarynyň ähli basgançaklarynda bilim berlişiniň derejesini düýpli ýokarlandyrmaga ýardam edýär. Döwlet syýasatynyň ileri tutulýan möhüm ugurlarynyň biri hökmünde ýurdumyzyň geljegi bolan ýaş nesliň irki ýaşdan başlap beden taýdan sagdyn, ruhy taýdan kämil ösüp kemala gelmegi, döwrebap bilim we terbiýe almagy üçin ähli şertler döredilýär. Türkmenistanda 1 ýaşdan 6 ýaşa çenli çagalary terbiýelemek we okatmak, olaryň beden we jan saglygyny goramak, berkitmek, şahsy başarnyklaryny ösdürmek üçin maşgala kömek hökmünde mekdebe çenli çagalar edaralary döredilýär. Mekdebe çenli çagalar edaralarynda döwlet ulgamynyň ilkinji we esasy basgançagy bolan mekdebe çenli bilim maksatnamasy boýunça bilim bermek amala aşyrylýar. Mekdebe çenli çagalar edaralarynyň esasy wezipeleri: Çagalara milli ruhda terbiýe we bilim bermek, olarda Türkmenistana, onuň halkyna hem-de Türkmenistanyň Prezidentine çuňňur söýgüni we wepalylyk duýgusyny kemala getirmek; Çagalarda akýüreklilik, adalatlylyk, ululara hormat goýmak, deň-duşlaryny sylamak, türkmen halkynyň taryhyna, däp-dessurlaryna, medeniýetine söýgi we tebigata aýawly garamak duýgularyny terbiýelemek; Çagalary başlangyç bilimiň bilim maksatnamalaryny özleşdirmäge taýýarlamak; Çagalary terbiýelemekde hem-de olara bilim bermekde mekdebe çenli çagalar edaralary bilen maşgalanyň, umumybilim edaralarynyň we jemgyýetçilik guramalarynyň sazlaşykly aragatnaşygyny üpjün etmek bolup durýar. Mekdebe çenli çagalar edaralary öz ýerine ýetirýän wezipelerine laýyklykda: Çagalaryň terbiýelenmegi we bilim almagy, olaryň beden we ruhy taýdan sagdyn ösmegi, jan-saglygynyň berkidilmegi üçin zerur şertleri döredýär; Çagalara bilim we terbiýe bermekde öňdebaryjy usullary we häzirki zaman serişdelerini ulanyp, bilim-terbiýeçilik işini ýokary derejede guraýar; Umumadamzat gymmatlyklarynyň döremeginde we onuň goralyp saklanylmagynda türkmen halkynyň şöhratly taryhynyň hem-de milli medeniýetiniň tutýan ornuny okuw maksatnamalarynda beýan edýär; Okuw meýilnamalaryna laýyklykda başlangyç bilimiň bilim maksatnamasyny özleşdirmägetaýýarlaýar; Okuw meýilnamalaryna laýyklykda çagalara daşary ýurt dillerini öwretmek işini guraýar; Çagalaryň tebigy zehinini, ukyplaryny, şahsy başarnyklaryny ýüze cykarmak we ösdürmek boýunça dürli medeni-köpçülik, çeper-döredijilik we beden saglygyny berkitmek boýunça çäreleri yzygiderli guraýar. Ýurdumyzda mekdebe çenli çagalar edaralarynyň: Umumy görnüşli mekdebe çenli çagalar edaralary (çagalar bakjasy, çagalar bakja-bagy, çagalar bagy); Akyl we beden taýdan ösüşinde kemçilikleri bar bolan çagalar üçin bejeriş-dikeldiş (korrektirleýji) hem-de okuw-terbiýeçilik işleri utgaşdyrylyp alnyp barylýan ýörite mekdebe çenli çagalar edaralary; Garyşyk görnüşli (umumy görnüşli hem-de akyl we beden taýdan ösüşinde kemçilikleri bar bolan çagalar üçin bejeriş-dikeldiş (korrektirleýji) hem-de okuw-terbiýeçilik işleri utgaşdyrylyp alnyp barylýan ýörite toparlary bar bolan; dürli ýaşdaky çagalaryň garyşyk toparlary bar bolan) mekdebe çenli çagalar edaralary; Durmuş taýdan goldawa mätäç raýatlaryň çagalary üçin gije-gündiz hereket edýän mekdebe çenli çagalar edaralary (toparlary); Ýörite ugurlar boýunça okuw-terbiýeçilik işleri çuňlaşdyrylyp alnyp barylýan ýöriteleşdirilen mekdebe çenli çagalar edaralary we mekdebe çenli çagalar edaralarynyň beýleki görnüşleri hereket edýär. Saglyk ýagdaýy sebäpli mümkinçilikleri çäkli, ýagny beden we (ýa-da) akyl taýdan ösüşinde kemçilikleri bar bolan mekdebe çenli ýaşly çagalara umumy görnüşli mekdebe çenli çagalar edaralarynda bilim (inklýuziw bilim) almak üçin şertler döredilýär. Türkmenistanda hereket edýän ähli görnüşli mekdebe çenli çagalar edaralarynda türkmen dili döwlet dili hökmünde okatmagyň hem-de terbiýelemegiň esasy dilidir. Mekdebe çenli çagalar edaralary çagalara terbiýe we bilim bermegiň maksatnamalarynyň durmuşa geçirilmegi, terbiýelemegi we okatmagy guramagyň hem-de onuň usullarynyň saýlanylyp alnan görnüşleriniň çagalaryň ýaş we psihologik aýratynlyklaryna, saglyk ýagdaýyna laýyk gelmeginiň üpjün edilmegi üçin döwletiň, ata-eneleriň we jemgyýetçiligiň öňünde borçludyrlar. Mekdebe çenli çagalar edaralarynyň iş tertibi Türkmenistanyň Bilim ministrligi bilen ylalaşylyp, tabynlygyna we ýerleşýän ýerine baglylykda degişli ministrlikleriň, pudak edaralarynyň, welaýat, welaýat hukukly şäher, etrap, şäher häkimlikleriniň çözgüdi bilen kesgitlenýär. Çagalary mekdebe çenli çagalar edarasynda terbiýelemek we olara bilim bermek işi esasy okuw meýilnamasy, her okuw ýyly üçin tassyklanylan okuw meýilnamasy, okuw maksatnamalary, gün tertibi, şeýle-de Mekdebe çenli Döwlet bilim standarty esasynda guralýar. Ýurdumyzda ähli bilim edaralary bilen bir hatarda mekdebe çenli çagalar edaralarynda berilýän bilimiň hili yzygiderli kämilleşdirilýär. Mekdebe çenli çagalar edaralaryny okuw kitaplary hem-de okuw-usuly gollanmalar bilen doly mugt üpjün etmek, olara dünýä ölçeglerine laýyk gelýän täze okuw-tehniki enjamlaryny, interaktiw-multimedia we kompýuter tehnologiýalaryny, okatmagyň öňdebaryjy usulyýetini yzygiderli ornaşdyrmak işleri üstünlikli alnyp barylýar. Mekdebe çenli çagalar edaralarynda çagalary terbiýelemek ýylyň dowamynda üznüksiz alnyp barylýar. Çagalar üçin okuw döwri şol ýylyň 1-nji sentýabrynda başlanýar we soňky ýylyň 25-nji maýynda tamamlanýar hem-de bu aralykda çagalar üçin güýz, gyş, ýaz dynç alşy guralýar. Mekdebe çenli çagalar edaralarynda toparlar çagalaryň ýaş aýratynlyklary boýunça jemlenilýär. Mekdebe çenli çagalar edaralarynda toparlaryň dolulygy çägi Türkmenistanyň kadalaşdyryjy hukuk namalaryna laýyklykda 1-3 ýaşly bakja toparynda 15-20 çaga, 3-6 ýaşly bag toparynda 20-25 çaga bolmalydyr. Mekdebe çenli çagalar edaralarynda çagalaryň arassaçylyk düzgünleriniň kadalarynyň hem-de howpsuzlyk çäreleriniň berjaý edilişine gözegçilik etmek mekdebe çenli çagalar edaralarynyň ýolbaşçylarynyň, saglygy goraýyş işgärleriniň, terbiýeçileriň we mugallymlaryň üstüne ýüklenýär. Mekdebe çenli çagalar edaralaryna çagalary kabul etmegiň we ondan çykarmagyň, şeýle hem çagany bir çagalar edarasyndan beýleki çagalar edarasyna geçirmegiň tertibi Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň 2010-njy ýylyň 30-njy iýulynda 171 belgili buýrugy bilen tassyklanylan “Çagalary mekdebe çenli çagalar edaralaryna kabul etmek üçin ýollama bermek boýunça iş toparynyň Düzgünnamasy” esasynda amala aşyrylýar. Mekdebe çenli çagalar edarasynyň işine gözegçilik we usuly taýdan ýolbaşçylyk etmek Türkmenistanyň Bilim ministrligi, welaýat, etrap, şäher bilimi dolandyryş edaralary tarapyndan amala aşyrylýar. Mekdebe çenli çagalar edaralarynyň işi ýeke-täk ýolbaşçylyk we kärdeşler maslahaty ýörelgeleri boýunça amala aşyrylýar. Mekdebe çenli çagalar edarasynyň ýeke-täk ýolbaşçysy müdirdir. Müdir çagalaryň jan-saglygynyň goralmagy, çagalaryň irki ýaşdan başlap hemmetaraplaýyn ösmegi, döwrebap terbiýe almagy, başlangyç bilimiň bilim maksatnamasyny özleşdirmäge taýýarlygynyň hili üçin jogap berýär, mekdebe çenli çagalar edarasynyň maşgala we orta mekdep bilen aragatnaşygyny üpjün edýär, okuw meýilnamalarynyň we maksatnamalarynyň doly ýerine ýetirilmegini hem-de mekdebe çenli çagalar edarasynyň maliýe-hojalyk işleriniň kanunalaýyk alnyp barylmagyny guraýar, mekdebe çenli çagalar edaralarynyň hyzmat ediş işgärlerini işe kabul edýär we işden boşadýar, hyzmat ediş işgärlerinden beýleki işgärleri işe kabul etmek barada tabynlygyna baglylykda, degişli bilimi dolandyryş edarasyna ýa-da ýokarda durýan edarasyna (kärhanasyna) hödürnama berýär. Mekdebe çenli çagalar edaralarynda köpçülikleýin ýolbaşçylyk mugallymlar geňeşiniň üsti bilen amala aşyrylýar. Mekdebe çenli çagalar edarasynyň mugallymlar geňeşiniň düzümine edaranyň ýolbaşçylary, terbiýeçiler, mugallymlar, lukmanlar, şepagat uýalary girýärler. Mugallymlar geňeşiniň başlygy mekdebe çenli çagalar edaralarynyň müdiridir. Çagalaryň mekdebe çenli çagalar edaralarynda saklanmagy üçin ata-eneler tarapyndan tölenmeli tölegiň möçberi Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň 26-njy martynda 109 belgili buýrugy bilen tassyklanylan “Mekdebe çenli çagalar edaralarynda çaganyň bir aý terbiýelenmegi üçin tölegi hasaplamagyň, almagyň we töleglerden gelen serişdeleri sarp etmegiň Tertibine” laýyklykda kesgitlenilýär.
Ýokary we orta hünär bilim bölümi Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň gurluş birligi bolmak bilen, Türkmenistanyň Prezidentiniň ýokary we orta hünär bilimi ulgamy boýunça kesgitlän syýasatyny durmuşa geçirýär. Ýokary we orta hünär bilim bölümi öz işinde Türkmenistanyň Konstitusiýasyny, Bilim hakynda Türkmenistanyň Kanunyny, Türkmenistanyň beýleki kanunlaryny, Türkmenistanyň Prezidentiniň namalaryny, Türkmenistanyň Mejlisiniň kararlaryny, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň çözgütlerini, Döwlet orta hünär bilimi edaralary hakynda hem-de Döwlet ýokary hünär bilimi edaralary hakynda Düzgünnamalary, beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalaryny, Türkmenistanyň halkara şertnamalaryny goldaýar. Bölümiň esasy maksatlary: - ýokary we orta hünär bilimini kämilleşdirmäge gönükdirilen umumy döwlet syýasatyny amala aşyrmak; - jemgyýetiň ýokary we orta hünär bilimli hünärmenlere we ýokary taýýarlykly ylmy-mugallymçylyk işgärlere bolan isleglerini kanagatlandyrmak; - ýokary we orta hünär bilimi boýunça döwlet bilim standartlaryny işläp düzmek we olaryň ýerine ýetirilişine gözegçilik etmek; - talyp ýaşlarda Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistana, onuň halkyna we Prezidentine bolan belent söýgini terbiýelemek. Bölümiň esasy wezipeleri: - Türkmenistanyň Prezidentiniň bilim syýasatyny durmuşa geçirmek boýunça ýokary we orta hünär okuw mekdepleriniň işlerini utgaşdyrmak; - ýokary we orta hünär bilimi çygrynda döwlet syýasatyny işläp düzmäge gatnaşmak we ýerine ýetirilişini üpjün etmek; - ýokary we orta hünär biliminiň döwlet bilim standartlaryny işläp düzmek boýunça işleri guramak; - ýokary we orta hünär biliminiň kadalaşdyryjy-hukuk üpjünçiligini amala aşyrmak; - pudaklaýyn degişliligine garamazdan, ýokary we orta hünär okuw mekdeplerinde okuw-usuly ýolbaşçylygy alyp barmak; - döwlet Garaşsyzlygyna, baky Bitaraplyga, Watana, Türkmenistanyň Prezidentine çuňňur wepaly talyplary terbiýelemek boýunça işlere ýolbaşçylyk etmek; - Maliýeleşdiriş we ykdysady seljeriş bölümi bilen bilelikde Türkmenistanyň ýokary we orta hünär okuw mekdepleriniň wezipe birliklerini işläp düzmeklige gatnaşmak; - ministrlikler, pudaklaýyn dolandyryş edaralary, ýokary we orta hünär okuw mekdepleri hem-de Bilim ministrliginiň degişli bölümleri bilen bilelikde, ykdysadyýetimiziň pudaklarynyň hünärmenlere bolan isleglerini öwrenmäge, hünärmenleri taýýarlamagyň çaklamalaryny işläp düzmäge gatnaşmak; - Türkmenistanyň raýatlaryny döwlet ýokary we orta hünär okuw mekdeplerine okuwa kabul etmegiň umumy düzgünleriniň taslamasyny işläp taýýarlamak; - pudaklaýyn degişliligine garamazdan, ýokary we orta hünär okuw mekdeplerine talyplary okuwa kabul etmegiň meýilnamalarynyň taslamasyny işläp taýýarlamaga gatnaşmak; - ýokary we orta hünär bilimi baradaky resminamalaryň nusgalaryny işläp düzmek; - Halkara hyzmatdaşlygy bölümi hem-de Türkmenistanyň ýokary we orta hünär okuw mekdepleri bilen bilelikde, Türkmenistanyň raýatlaryna daşary ýurt döwletlerinde berlen ýokary we orta hünär bilimi hakyndaky resminamalary ykrar etmegiň tertibi boýunça iş alyp barmak; - ýokary we orta hünär bilimi ulgamyna degişli kanunlaryň we beýleki kadalaşdyryjy namalaryň taslamalaryny işläp düzmeklige gatnaşmak hem-de ýokary we orta hünär bilimi ulgamynda Türkmenistanyň kanunçylygynyň ýerine ýetirilişine gözegçilik etmek; - ýokary we orta hünär biliminiň ýagdaýy we ösüşi barada maglumat ulgamyny döretmek, seljermek, çaklamak we kämilleşdirmek; - professor-mugallymlaryň we talyplaryň arasynda okuw, usuly, ylmy we döredijilik ugurlary boýunça bäsleşikleri geçirmek we guramaçylyk-usuly ýolbaşçylygy ýerine ýetirmek; - bellenen tertipde raýatlaryň arzalaryna, şikaýatlaryna we tekliplerine seretmek hem-de berlen ygtyýarlygyň çäklerinde dogry çözgütleri öz wagtynda kabul etmek.
Başlangyç hünär bilim bölümi Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň gurluş birligi bolmak bilen, Türkmenistanyň Prezidentiniň hünär-tehniki bilim ulgamy boýunça kesgitlän syýasatyny durmuşa geçirýär. Başlangyç hünär bilimi bölümi öz işinde Türkmenistanyň Konstitusiýasyny, «Bilim hakyndaky» (rejelenen görnüşi) Türkmenistanyň Kanunyny, Türkmenistanyň Prezidentiniň namalaryny, Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň palatalarynyň kararlaryny, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň çözgütlerini, Türkmenistanyň beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalaryny, Döwlet hünär-tehniki bilim edaralary hakynda Düzgünnamany, beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalaryny, Türkmenistanyň halkara şertnamalaryny goldaýar. Bölümiň esasy maksatlary: — Türkmenistanyň bilim ulgamynda döwlet syýasatyny durmuşa geçirmegi iş ýüzünde üpjün etmek; — şahsyýetiň hünär bilimini almaga we ony çuňlaşdyrmaga, akyl we medeni taýdan ösmäge bolan islegini kanagatlandyrmak; — Türkmenistanyň ykdysadyýetiniň degişli pudaklary üçin hünärli işgärleri (işçi hünärleri we gullukçy wezipeleri boýunça) taýýarlamak; — jemgyýetiň ruhy-ahlak, medeni we ylmy gymmatlyklaryny toplamak, goramak hem-de baýlaşdyrmak; — okaýanlarda milli taryh, medeniýet, däp-dessurlar hem-de ileri tutulýan umumadamzat gymmatlyklary bilen özara berk baglanyşykly ýokary medeniýeti, şeýle hem döwlet Garaşsyzlygynyň we Bitaraplygynyň ýörelgelerine, türkmen halkyna, Watana hem-de Türkmenistanyň Prezidentine çuňňur wepalylygy terbiýelemek bolup durýar. Bölümiň esasy wezipeleri: — Türkmenistanyň Prezidentiniň bilim syýasatyny durmuşa geçirmek boýunça hünär-tehniki okuw mekdepleriniň işlerini utgaşdyrmak; — ýaşlarda halka, Watana hem-de Türkmenistanyň Prezidentine, döwlet Garaşsyzlygynyň we Bitaraplygynyň ýörelgelerine wepalylygy, milli taryh, medeniýet, däp-dessurlar hem-de ileri tutulýan umumyadamzat gymmatlyklary bilen baglanyşykly ýokary medeniýetliligi, ýokary ahlaklylygy terbiýelemek; — ministrlikleriň, pudaklaýyn dolandyryş edaralaryň we häkimlikleriň tabynlygyndaky hünär-tehniki okuw mekdepleriniň alyp barýan okuw-terbiýeçilik, okuw-usulyýet işlerine, ýagny milli türkmen duýguly, syýasy düşünjeli, ýokary medeniýetli, sagdyn sowatly, başarjaň, ukyply jemgyýete peýdaly işleriň ähli esasy ugurlary boýunça hünärli işgärleri (işçi hünärleri we gullukçy wezipeleri boýunça) taýýarlanylyşyna gözegçilik etmek; — ýurdumyzyň hünär-tehniki okuw mekdeplerinde öwredilýän hünärleriň hem-de berilýän terbiýäniň hilini ýokary derejä götermek; — hünär-tehniki okuw mekdepleriniň talyplaryndan milli türkmen duýguly, giň dünýä garaýyşly, syýasy düşünjeli, ýokary medeniýetli, lebzi halal, sagdyn sowatly, ruhubelent, ýokary derejeli hünär başarjaňly, işe ukyply işçi hünärleri we gullukçy wezipeleri boýunça işçi hünärmenleriň taýýarlanylyşyna gözegçilik etmek; — ýurdumyzyň durmuş-ykdysady ösüşiniň ileri tutulýan ugurlaryna laýyklykda hünär-tehniki okuw mekdepleriň okuw meýilnamalaryny we maksatnamalaryny hil taýdan kämilleşdirmek; — umumybilim berýän orta mekdep uçurymlary, ýaşlar we uly ýaşly hünärsiz raýatlar bilen hünäre ugrukdyryş wagyz-nesihat çärelerini geçirmek; — hünärli işgärleri (işçi hünärleri we gullukçy wezipeleri boýunça) taýýarlaýan hünär bilimi edaralary üçin, okuw-terbiýeçilik, okuw-usulyýet we okuw-önümçilik işlerine degişli ugrukdyryjy we gözükdiriji hatlary, düzgünnamalary, buýruklary taýýarlamak we olaryň talabalaýyk ulanylyşlaryna gözegçilik etmek; — Türkmenistanyň Milli bilim instituty bilen bilelikde hünär okuwlary boýunça okuw meýilnamalaryny, okuw maksatnamalaryny, okuw kitaplaryny, usuly okuw gollanmalaryny işläp düzmekligi guramak we olara gözegçilik etmek; — Türkmenistanyň Milli bilim instituty bilen bilelikde hünär-tehniki okuw mekdepleriniň ýolbaşçylarynyň, mugallymlarynyň we önümçilik okuwynyň ussalarynyň hünär derejesini ýokarlandyrmak maksady bilen okuwlary guramak; — hünär-tehniki okuw mekdeplerinde döwlet maksatnamalarynyň ýerine ýetirilişine, mugallymlar we önümçilik okuwynyň ussalary bilen üpjünçiligine, öwredilýän hünärler boýunça maddy-tehniki binýadyna degişli edaralara, kärhanalara gerek bolan (işçi hünärleri we gullukçy wezipeleri boýunça) hünärli işgärleriň we tölegli okuwlaryň işine gözegçilik etmek we degişli hasabatlary we maglumatlary alyp, olary seljermek; — hünär-tehniki okuw mekdeplerinde edaralaryň, kärhanalaryň talapnamalaryna laýyklykda hünär alan uçurymlaryň işe ýerleşdirilişi barada maglumatlary almak we seljermek; — bir okuw ýylyndan bir ýarym okuw ýylyna çenli möhletli bilim maksatnamalary boýunça başlangyç hünär biliminiň işçi hünärleriniň we gullukçy wezipeleriniň Döwlet klassifikatoryny, alty okuw aýyna çenli möhletli bilim maksatnamalary boýunça hünär taýýarlygynyň işçi hünärleriniň we gullukçy wezipeleriniň klassifikatoryny işläp düzmek we ýylyň-ýylyna kämilleşdirmek; — Aşgabat şäherindäki we welaýatlardaky hünär-tehniki okuw mekdepleriniň okuw-terbiýeçilik, okuw-usulyýet, okuw-önümçilik – hünär öwrediliş işleriniň sazlaşykly gurnalyşy bilen ýerinde tanyşmak we okuw-usulyýet maslahatlary bermek; — Hünär-tehniki okuw mekdeplerinde sanly bilim ulgamyny ösdürmek boýunça okatmagyň häzirki zaman innowasion elektron serişdelerini giňden ornaşdyrylyşyna gözegçilik etmek; — hünär-tehniki okuw mekdepleriniň maddy-tehniki üpjünçiliginiň, maksatnamalaryň talaplaryna laýykdygyny, tehniki howpsuzlygyň, arassaçylygyň, talyplaryň saglygyny goramagyň düzgünleriniň berjaý edilişini öwrenmek; — ýurdumyzyň jemgyýetçilik guramalary tarapyndan hünär-tehniki bilim berýän okuw mekdepleriniň arasynda geçirilýän medeni bäsleşikleriň we sport ýaryşlaryň geçirilişini guramaklyga ýardam bermek; — hünär okuwyna degişli okuw maslahatlarynyň, seminarlaryň, hünär-tehniki okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda sport ýaryşlaryň, medeni bäsleşikleriň, şeýle hem hünärleriň dürli ugurlary boýunça “Hünär ussatlygy” bäsleşikleriň geçirilmegini ýola goýmak, gurnamak; — Döwlet derejesinde geçirilýän çärelere we olaryň guramaçylyk işlerine gatnaşmak; — hünär bilim ulgamy boýunça durmuşa geçirilýän halkara taslamalaryň işine gatnaşmak; — bellenen tertipde raýatlaryň arzalaryna, şikaýatlaryna we tekliplerine seretmek hem-de berlen ygtyýarlyklaryň çäklerinde dogry çözgütleri öz wagtynda kabul etmek.
Halkara hyzmatdaşlyk bölümi Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň bilim ulgamyndaky döwlet syýasatynda halkara hyzmatdaşlygyny we bu ugurda hukuk kadalaşdyrylyşyny ösdürmeklige gönükdirilen. Halkara hyzmatdaşlyk bölümi öz işini Türkmenistanyň Konstitusiýasy, Türkmenistanyň Prezidentiniň Permanlary, Kararlary we Buýruklary, Türkmenistanyň Mejlisiniň kararlary, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň buýruklary we çözgütleri hem-de Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň buýruklary we tabşyryklary esasynda alyp barýar. Halkara hyzmatdaşlyk bölümi bilim ulgamynyň halkara hyzmatdaşlygy bilen bagly bolan meselelerini çözmek üçin ministrligiň beýleki bölümleri bilen utgaşdyryjy işleri amala aşyrýar. Türkmenistanyň bilim ulgamyny ösdürmek we ýokary hünärli hünärmenleri taýýarlamak ulgamynda halkara hyzmatdaşlygyny giňeltmek, dünýäniň bilim giňişligine işjeň goşulyşmak bilen ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň daşary ýurt döwletleriniň ýokary okuw mekdepleri hem-de beýleki bilim edaralary bilen hyzmatdaşlygy ýola goýmak babatynda işleri alyp barýar. Türkmenistanyň Hökümeti tarapyndan daşary ýurtlara bilim alýan türkmenistanly raýatlaryň hasabatyny ýöredýär. Şeýle-de, olaryň okuwlary we tertip-düzgünleri barada olaryň okaýan hünär okuw mekdepleri hem-de bu ýurtda ýerleşýän Türkmenistanyň Ilçihanalary bilen aragatnaşyk saklaýar.
Sanly ulgam we maglumat howpsuzlygy bölümi Sanly ulgam we maglumat howpsuzlygy bölümi Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň gurluş birligi bolmak bilen, Türkmenistanyň Prezidentiniň sanly bilim ulgamyny ösdürmek boýunça kesgitlän döwlet syýasatyny amala aşyrýar. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň Prezidentiniň 2017-nji ýylyň 15-nji sentýabrynda çykaran 340-njy Karary bilen tassyklanan “Türkmenistanda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň Konsepsiýasy we ony durmuşa geçirmegiň Meýilnamasy” boýunça bilim edaralarynda alnyp barylýan işleri utgaşdyrýar. Şeýle hem, Türkmenistanyň Prezidentiniň 2021-nji ýylyň 12-nji fewralynda çykaran 2136-njy Karary bilen tassyklanan “Türkmenistanda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň 2021-2025-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasy we ony amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň Meýilnamasy” hem-de kiberhowpsuzlyk çygrynda kabul edilen Türkmenistanyň kanunlary we kadalaşdyryjy-hukuk namalary boýunça ministrlikde we bilim edaralarynda alnyp barylýan işleri utgaşdyrýar. Bölümiň esasy maksatlary: - Türkmenistanyň Prezidentiniň sanly bilim ulgamyny ösdürmek syýasatyny durmuşa geçirmek maksady bilen, ýurdumyzyň innowasion ösüşine laýyklykda bilim bermegiň ähli basgançaklaryny ýokary hilli elektron bilim maglumatlary bilen üpjün etmäge, sanly serişdeleri peýdalanyp, bilim edaralarynda berilýän bilimiň mazmunyny baýlaşdyrmaga, hilini ýokarlandyrmaga we okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmäge ýardam bermek; - bilim edaralarynda sanly bilim ulgamyny ösdürmek, sanly ykdysadyýeti ornaşdyrmak we kiberhowpsuzlyk çygrynda ýerine ýetirilýän işleri alyp barmak; - ilata sanly hyzmatlary hödürlemek boýunça alnyp barylýan işleriň çäklerinde, sanly bilim hyzmatlaryny işläp taýýarlamak we ornaşdyrmak bilen bagly işleri utgaşykly alyp barmak; - bilim ulgamyna sanly tehnologiýalary ornaşdyrmak we ony yzygiderli kämilleşdirmek boýunça işleri guramak; - kiberhowpsuzlyk babatynda ygtyýarly edaralar bilen ýurdumyzyň kibergiňişliginde Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda utgaşykly işleri alyp barmak; - bilim edaralarynda möhüm maglumat infrastrukturalarynyň derejelendirilmegi we sanawynyň döredilmegi bilen olaryň maglumat we kiberhowpsuzlygyny üpjün etmek hem-de adatdan daşary ýagdaýlaryň ýüze çykmagynyň öňüni almak boýunça çäreleri geçirmek. Bölümiň esasy wezipeleri: - sanly bilim ulgamyny ösdürmäge gönükdirilen umumy döwlet syýasatyny amala aşyrmak boýunça bilim edaralarynyň işini utgaşdyrmak; - bitewi bilim portalyny döretmek boýunça iş alyp barmak; - bilim edaralarynda berilýän bilimiň mazmunyny baýlaşdyrmak, hilini ýokarlandyrmak we okatmagyň innowasion usullaryny işe ornaşdyrmak maksady bilen, ähli bilim edaralarynda sanly bilim tehnologiýalaryny ornaşdyrmak, şonuň ýaly-da bilim edaralaryny dolandyrmak işine maglumat-kommuniksiýa tehnologiýalaryny ornaşdyrmak boýunça işleri geçirýär; - bilim bermekde uzak aralykdan berilýän bilimiň täze tehnologiýalaryny ulanmagy guramak; - täze maglumat jemgyýetinde sanly bilimiň esasyny düzjek elektron bilim gorlarynyň we hyzmatlarynyň okuwçylar, talyplar, ata-eneler, bilim işgärleri we beýlekiler üçin elýeterli bolmagyny üpjün etmegi guramak; - sanly bilim tehnologiýalaryny ulanmak we dolandyrmak boýunça okuwlaryň, maglumat howpsuzlygy we kiberhowpsuzlyk boýunça ýörite taýýarlaýyş okuwlarynyň guralmagyna we geçirilmegine gatnaşmak; - bilim edaralary bilen bilelikde elektron okuwyň, uzak aralykdan okatmagyň tehnologiýalaryny ulanmak bilen bilim işini dolandyrmagyň, baha bermegiň ulgamyny guramagy kadalaşdyrýan, okuw-usuly toplumlary işläp taýýarlamagyň hem-de ulanmagyň tertibini, maglumat-gor merkeziniň derejesini kesgitleýän kadalaşdyryjy hukuk resminamalaryny işläp taýýarlamak; - sanly bilim ulgamy boýunça ýurdumyzyň bilim edaralarynyň we daşary ýurtlaryň öňdebaryjy iş tejribelerini ýaýratmak maksady bilen, hemişelik hereket edýän seminarlary guramak; - ilata sanly hyzmatlary hödürlemek boýunça alnyp barylýan işleriň çäklerinde, sanly bilim hyzmatlaryny işläp taýýarlamak we ornaşdyrmak bilen bagly işleri utgaşykly alyp barmak; - bilim ulgamyna sanly tehnologiýalary ornaşdyrmak we ony yzygiderli kämilleşdirmek boýunça işleri guramak; - bilim edaralarynda işleýänleriň we okaýanlaryň sanly ykdysadyýet we maglumat howpsuzlygy babatda sowatlylygyny artdyrmak boýunça wagyz-nesihat işleriniň alnyp barylmagyny guramak; - maglumat tehnologiýalary boýunça hünärmenleri taýýarlamak we olaryň hünär derejelerini yzygiderli ýokarlandyrmak babatda teklipleri işläp taýýarlamak we hödürleýär; - bilim ulgamynda kiberhowpsuzlyk syýasatyny durmuşa geçirmek, kiberhowpsuzlyk töwekgelçiliklerini seljermek we öňüni almak boýunça işleri alyp barmak; - öz jogapkärçilikleriniň çäklerinde kiberhowpsuzlyk babatynda hukuk, guramaçylyk we tehniki çäreleri durmuşa geçirýär hem-de utgaşykly özara işlemekligi guramak; - sanly bilim ulgamy, sanly ykdysadyýet we kiberhowpsuzlyk babatda bilim ulgamy üçin zerur bolan düzgünnamalary, tertipleri işläp taýýarlamak we tassyklamak üçin hödürleýär; - sanly bilim ulgamy, sanly hyzmatlar boýunça programma üpjünçiliklerini işläp düzmek we ornaşdyrmak bilen bagly işleri alyp barmak (ministrligiň degişli bölümleri, ýokary okuw mekdepleri bilen bilelikde); - sanly bilim ulgamy, sanly ykdysadyýet we kiberhowpsuzlyk çygrynda Türkmenistanyň kanunçylygynyň ýerine ýetirilişine gözegçilik edýär; - sanly bilim ulgamy, sanly ykdysadyýet we kiberhowpsuzlyk çygrynda bilim ulgamynda alnyp barylýan işler barada maglumatlary yzygiderli jemleýär we degişli (aýlyk, çärýeklik, ýarymýyllyk we ýyllyk) hasabatlary taýýarlamak; - sanly bilim ulgamynyň meseleleri boýunça daşary ýurt guramalary bilen gepleşikleri geçirmäge gatnaşmak, halkara şertnamalaryny we maksatnamalaryny baglaşmak üçin degişli resminamalary taýýarlamak.