Bildirişler
Bilim ulgamynyň iň soňky täzelikleri we resmi habarlary.
«Durnukly ösüşiň maksatlarynyň möhüm ugry: ekologiýa we howanyň üýtgemeginiň meseleleri» atly sanly ulgam arkaly geçirilýän halkara ylmy-amaly maslahaty barada MAGLUMAT
Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersiteti «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda Türkmenistanyň mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygy we Daşky gurşawy goramagyň bütindünýä güni mynasybetli «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022–2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasyna», «Türkmenistanda ylym ulgamyny ösdürmegiň 2024–2052-nji ýyllar üçin Strategiýasyna», «Türkmenistanda ýokary hünär bilimini ösdürmegiň 2026–2052-nji ýyllar üçin Strategiýasyna» laýyklykda, ýurdumyzyň we daşary ýurtlaryň ýokary okuw mekdepleriniň professor-mugallymlarynyň, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Himiýa institutynyň, Halkara ylmy-tehnologiýa parkynyň hem-de Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrliginiň garamagyndaky edaralaryň alymlarynyň, ylmy işgärleriniň, aspirantlarynyň, doktorantlarynyň gatnaşmagynda 2026-njy ýylyň 4-5-nji iýunynda sanly ulgam arkaly geçiriljek «Durnukly ösüşiň maksatlarynyň möhüm ugry: ekologiýa we howanyň üýtgemeginiň meseleleri» atly halkara ylmy-amaly maslahatyny geçirmegi meýilleşdirýär. Halkara ylmy-amaly maslahatynyň resmi iş dilleri – türkmen, iňlis we rus dilleri. «Durnukly ösüşiň maksatlarynyň möhüm ugry: ekologiýa we howanyň üýtgemeginiň meseleleri» atly halkara ylmy-amaly maslahat umumy mejlisde we 4 bölümde öz işini alyp barar: I bölüm. Ekologiýa howpsuzlygyny üpjün etmekde häzirki zaman bilimiň we ylmyň gazanan üstünlikleriniň orny. II bölüm. Howanyň üýtgemegine uýgunlaşmagyň we suw baýlyklaryny goramagyň häzirki zaman meseleleri. III bölüm. Tebigy baýlyklary rejeli peýdalanmagyň innowasion usullary. IV bölüm. Biologiýa dürlüligi öwrenmegiň häzirki zaman usullary we amaly ähmiýeti. Maslahata gatnaşmaga isleg bildirýänler çykyşlarynyň gysgaça beýanlaryny (tezislerini) 2026-njy ýylyň 15-nji maýyna çenli tsuecoconference@gmail.com elektron salgysyna ibermeli. Maslahata gatnaşmak üçin çykyşlaryň gysgaça beýanlary we annotasiýalary Guramaçylyk toparyna iberilmeli. Çykyşlaryň gysgaça beýanynyň möçberi 1,5 sahypadan geçmeli däl, annotasiýalaryň möçberi 0,5 sahypa çenli bolmaly, şrifti – Times New Roman, ölçegi – 14 pt, setir arasy – 1. Halkara ylmy-amaly maslahatyň çykyşlarynyň gysgaça beýanlarynyň elektron ýygyndysyny taýýarlamak meýilleşdirilýär. Halkara ylmy-amaly maslahaty baradaky goşmaça maglumatlar Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň https://www.tdu.edu.tm resmi web saýtynda ýerleşdirilýär. Habarlaşmak üçin telefon: (+99312) 94-67-37 (3161), +99365 50-31-65 Elektron salgysy: tsuecoconference@gmail.com «Durnukly ösüşiň maksatlarynyň möhüm ugry: ekologiýa we howanyň üýtgemeginiň meseleleri» atly sanly ulgam arkaly geçirilýän halkara ylmy-amaly maslahatyna gatnaşmagyň şertleri we çykyşlaryň gysgaça beýanlaryny taýýarlamaga bildirilýän TALAPLAR Halkara ylmy-amaly maslahatyna gatnaşmagyň şertleri Halkara ylmy-amaly maslahatyň resmi iş dilleri – türkmen, iňlis we rus dilleri. Halkara ylmy-amaly maslahatyna gatnaşmaga isleg bildirýänleriň her biri diňe bir çykyşyň gysgaça beýanyny (tezisini) hödürläp biler we awtorlar ikiden köp bolmaly däldir. Maslahata gatnaşmak üçin hasaba alnyş maglumaty doldurylmaly (adaty şrift, Times New Roman, 12 pt): Familiýasy Ady Atasynyň ady Wezipesi Alymlyk derejesi, ady Işleýän ýeriniň doly ady Işleýän ýeriniň salgysy (poçta salgysy bilen bilelikde) Iş we mobil telefony Tezisiň ady Tezisiň hödürlenilýän bölümi Tezis haýsy dilde taýýarlanyldy Halkara ylmy-amaly maslahatynyň bölümleri: I bölüm. Ekologiýa howpsuzlygyny üpjün etmekde häzirki zaman bilimiň we ylmyň gazanan üstünlikleriniň orny. II bölüm. Howanyň üýtgemegine uýgunlaşmagyň we suw baýlyklaryny goramagyň häzirki zaman meseleleri. III bölüm. Tebigy baýlyklary rejeli peýdalanmagyň innowasion usullary. IV bölüm. Biologiýa dürlüligi öwrenmegiň häzirki zaman usullary we amaly ähmiýeti. Halkara ylmy-amaly maslahatyna gatnaşmak üçin çykyşyň gysgaça beýany we annotasiýalary taýýarlanylmaly. Çykyşyň gysgaça beýany halkara ylmy-amaly maslahatyň iş dilleriniň birinde, annotasiýalary bolsa beýleki iki dilde ýazylmaly. Halkara ylmy-amaly maslahatyna ýerli gatnaşyjylar annotasiýanyň iňlis we rus dillerine terjimelerini ýokary okuw mekdepleriň degişli kafedralarynda ýa-da terjime edaralarynda tassyklatmaly. Halkara ylmy-amaly maslahatyna daşary ýurtly gatnaşyjylaryň çykyşlarynyň gysgaça beýanlarynyň annotasiýalarynyň terjimesi Guramaçylyk topary tarapyndan ýerine ýetiriler. Halkara ylmy-amaly maslahatyna ýerli gatnaşyjylaryň çykyşlarynyň gysgaça beýanlary we annotasiýalary awtoryň işleýän edarasynda seljerilmeli hem-de olar edaranyň ýolbaşçysy tarapyndan gol çekilen hat üsti bilen 2026-njy ýylyň 15-nji maýyna çenli Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetine iberilmeli. Hata halkara ylmy-amaly maslahatyna gatnaşyjylaryň çykyşlarynyň gysgaça beýanlarynyň we annotasiýalarynyň, hasaba alnyş maglumatlarynyň elektron görnüşlerini goşmaly. Iberilen çykyşlaryň gysgaça beýanlarynyň ylmylygyna, mazmunyna awtorlar şahsy jogapkärçilik çekýärler. Halkara ylmy-amaly maslahatyna gatnaşmaga isleg bildirýänler hasaba alnyş maglumatynyň, ylmy çykyşlarynyň gysgaça beýanlarynyň, annotasiýalarynyň elektron görnüşini tsuecoconference@gmail.com salgysyna ibermeli. Çykyşlaryň gysgaça beýanlaryna we annotasiýalaryna bildirilýän talaplar 1. Çykyşyň gysgaça beýanynyň möçberi A4 (210x297 mm) formatda 1,5 sahypadan geçmeli däl, annotasiýalaryň her biriniň möçberi 0,5 sahypa çenli bolmaly. 2. Sahypa ölçegleri: ýokary we aşak taraplarda – 2,0 sm, çep tarapda – 2,5 sm, sag tarapda – 1,5 sm. Oriýentasiýasy – «kitap» görnüşli, şrifti – Times New Roman, ölçegi – 14 pt, setir arasy – 1. 3. Ylmy işiň aýratynlyklaryna baglylykda nutugy şekiller, formulalar we tablisalar görnüşinde beýan etmäge ýol berilýär. Her bir şekil sahypanyň görkezilen ölçeglerinden çykmaly däl. Çykyşyň gysgaça beýanynyň umumy göwrümi şekiller, formulalar we tablisalar bilen bilelikde A4 formatdaky 1,5 sahypadan geçmeli däl. 4. Halkara ylmy-amaly maslahatyna elektron görnüşde ähli maglumatlar Microsoft Office Word formatynda kabul edilýär (*.doc we *docx giňeltmesi bilen). 5. Çykyşyň gysgaça beýany we annotasiýalar bir faýlda saklanylmaly hem-de aşakdaky görnüşde taýýarlanylmaly: - awtoryň ady, familiýasy setir harplar bilen sahypanyň sag tarapyna deňlemek bilen 14-lik şriftde goýy gara ýazylmaly, döwletiň ady ýaýyň içinde görkezilmeli (Mysal üçin: Geldi Bäşimow (Türkmenistan); - eger çykyşyň gysgaça beýany iki awtor tarapyndan hödürlenýän bolsa, ilki çykyş edýäniň ady, familiýasy görkezilmeli; - çykyşyň gysgaça beýanynyň ady baş harplar bilen 16-lyk şriftde goýy gara ýazylmaly we setiriň merkezi boýunça deňlenilmeli; - çykyşyň gysgaça beýanyny ýazmazdan ozal 1 (bir) setir goýbermeli. 6. Çykyşyň gysgaça beýany we annotasiýalar setiriň ini boýunça deňlenilmeli. Matematiki we himiki formulalar kompýuterde ýörite formula redaktorlarynyň kömegi bilen ýazylmaly. 7. Edebiýat çeşmelerine salgylanmalar, inedördül ýaýyň içinde sanlar bilen belgilenilmeli ([1], [2], [3, 5s.] we ş.m.). Edebiýatlaryň sanawy işde salgylanylan tertipde, çykyşyň gysgaça beýanyndan soňra ýerleşdirilmeli. Edebiýatlaryň sanawyndan öň aýratyn setiriň merkezine deňlemek bilen EDEBIÝAT diýen sözbaşy ýazylmaly. 8. Çykyşyň gysgaça beýanynyň we annotasiýalarynyň sahypalary belgilenilmeýär. 9. Bildirilýän talaplara laýyk gelmeýän işler kabul edilmeýär. 10. Çykyşyň gysgaça beýany tabşyrylanyndan soňra hödürlenilen düzedişler we goşundylar kabul edilmeýär. 11. Tabşyrylan resminamalar yzyna gaýtarylmaýar. 12. Guramaçylyk topary hödürlenen çykyşlaryň gysgaça beýanlaryny degişli talaplara laýyklykda saýlap almak hukugyna eýedir. Üns beriň! 1. Çykyşyň gysgaça beýany we annotasiýalar bir faýlyň içinde ýerleşdirilmeli. Faýlyň ady çykyş edýäniň familiýasyny, adyny, atasynyň adyny we «tez» diýen harplary özünde jemlemeli. Mysal üçin, çykyş edýän – Bäşimow Geldi Täçmyradowiç, faýlyň ady – «Bäşimow G.T.tez.doc». 2. Hasaba alnyş görnüşi ähli awtorlar tarapyndan doldurylýar we bir faýlda ýerleşdirilýär. Ilki bilen maslahatda çykyş edýäniň, soňra awtordaşyň hasaba alnyş görnüşi ýerleşdirilýär. Hasaba alnyş maglumaty üçin faýlyň ady awtoryň familiýasyny, adyny, atasynyň adyny we «has» diýen harplary özünde jemlemeli. Mysal üçin, çykyş edýän – Bäşimow Geldi Täçmyradowiç, faýlyň ady – «Bäşimow G.T.has.doc». 3. Her bir çykyşyň gysgaça beýany üçin aýratyn faýl döredilmeli we maslahatda çykyş edýäniň ady görkezilen elektron bukjada ýerleşdirilmeli. Mysal üçin, «Bäşimow G.T.». 4. Faýllary arhiwlemeli däl. Çykyşyň gysgaça beýanynyň nusgasy: Geldi Bäşimow (Türkmenistan) KLIMATYŇ ÜÝTGEMEGINIŇ MERKEZI AZIÝANYŇ ÇÖL SEBITLERINIŇ ÝERÜSTI SUW BAÝLYKLARYNA TÄSIRI
“Çyzuwly geometriýa we inžener grafikasy” dersi boýunça IV Halkara Açyk Internet olimpiadasyna gatnaşmaga çagyrýarys
Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary instituty, Türkmenistanyň we daşary ýurtlaryň ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda “Çyzuwly geometriýa we inžener grafikasy” dersi boýunça IV Halkara Açyk Internet olimpiadasyny 2026-njy ýylyň 16-njy maýynda geçirýär. Türkmenistanyň we daşary ýurtlaryň ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň olimpiada gatnaşmaga isleg bildirýänleri maglumatlaryny 2026-njy ýylyň 15-njy maýyna çenli, tituki.olimpiada.2022@gmail.com elektron salga ugratmaly ýa-da https://tituki.edu.tm institutyň resmi saýtynda hasaba durmaly. Internet olimpiada 2026-nji ýylyň maý aýynyň 16-na, Aşgabat wagty bilen sagat 10:00-da başlanýar. Gatnaşyjylar görkezilen wagtda ZOOM programmasy boýunça online konferensiýa goşulyp, 10 sany ýumşy 180 minudyň dowamynda ýerine ýetirmeli. Ýumuşlar olimpiada başlanan wagty https://tituki.edu.tm institutyň resmi saýtynda ýerleşdiriler we ZOOM programmasynyň üsti bilen gatnaşyjylara ugradylar. Internet olimpiada berlen wagt tamamlanandan soň ýumuşlaryň ýerine ýetirilen listlerini skaner edip, 40 minudyň dowamynda tituki.olimpiada.2022@gmail.com e-mail poçtasyna ugratmaly. Her ýumuşyň ýerine ýetirilişi aýratyn listde bolmaly we her liste ýumuşyň belgisini hem-de gatnaşyjynyň ady, familiýasyny ýazmaly. Çyzgylary elde ýa-da kompýuterde halkara standartlarynyň talaplaryna laýyklykda we ýumuşda bellenen formatda ýerine ýetirmeli. Ýumuşlar çylşyrymlylyk derejesine görä bahalandyrylýar. Jemlenen ballar deň gelen ýagdaýynda ýumuşlary gysga wagtda we amatly usul bilen çözen gatnaşyja goşmaça ballar berilýär. Şeýlelikde olimpiadanyň ýumuşlaryny doly we dogry ýerine ýetiren gatnaşyja 100 ballyk baha berilýär. “Çyzuwly geometriýa we inžener grafikasy” dersi boýunça Internet olimpiadasyna gatnaşyjylaryň şahsy orunlary toplanan ballarynyň jemi boýunça Eminler topary tarapyndan kesgitlenýär. Internet olimpiadasynyň netijeleri teswirnamalar arkaly resmileşdirilýär we Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň rektorynyň buýrugy bilen tassyklanylýar. Internet olimpiadasynyň ýeňijileri I, II, III derejeli diplomlar bilen sylaglanýar. Zoom:https://us06web.zoom.us/j/86752956501?pwd=ibcFiHzvOPPXReBOW1exVSWoOsqoMJ.1 Identification of the conference: 867 5295 6501 Entering code: 971651 Registrassiýa : https://forms.gle/8QtrB6swmtSXEv5h7 Tel:+99312 39-26-57, +99365 80-66-08
Halkara taslama bäsleşigi - 2026
2026-njy “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany” ýylynda Daşky gurşawy goramagyň bütindünýä güni hem-de Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň şanly 35 ýyllygy mynasybetli “Durnukly ösüşiň maksatlaryna ýetmekde ýaşlaryň orny” atly ýurdumyzyň hem-de daşary ýurtlaryň ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda halkara ylmy-taslama bäsleşigini geçirmek hakynda DÜZGÜNNAMA I. Bäsleşigi geçirmegiň ähmiýeti Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe eziz Diýarymyz tarapyndan dünýäde syýasy durnuklylygy saklamak we hemmetaraplaýyn goldamak, ählumumy parahatçylygy, howpsuzlygy pugtalandyrmak, hoşniýetli goňşuçylyk, dostluk we hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny ösdürmek babatda beýik işler üstünlikli amala aşyrylýar. Hormatly Prezidentimiziň belleýşi ýaly, eziz watanymyzyň Garaşsyzlygy bagtyýar we abadan durmuşymyzyň binýadydyr. Garaşsyzlyk ýyllarynda oba hojalygy babatdaky döwlet syýasaty üstünlikli amala aşyrylýar, içerki bazar dürli görnüşli, ýokary hilli azyk önümleri bilen üpjün edilýär. Gahryman Arkadagymyzyň «Türkmenistan Durnukly ösüşiň maksatlaryna ýetmegiň ýolunda» atly kitabynda hem dünýä bileleşiginiň 2030-njy ýyla çenli Durnukly ösüş maksatlary diýip kesgitlän 17 maksadynyň, ondan gelip çykýan 148 sany wezipäniň milli we döwlet maksatnamalarynda göz öňünde tutulan wezipelere doly laýyk gelýändigi aýratyn nygtalýar. Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan kabul edilen Durnukly Ösüş Maksatlarynyň Türkmenistanda durmuşa ornaşdyrylmagy boýunça iş toparynyň döredilendigi we bu ugurdaky wezipeleri netijeli amala aşyrmak maksady bilen häzirki wagtda ägirt uly işleriň alnyp barylýandygy, olar bilen bagly degişli halkara maslahatlaryň geçirilýändigi hem guwandyryjy hakykatdyr. Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan kabul edilen Durnukly Ösüş Maksatlarynyň içinde azyk howpsuzlygy we daşky gurşawy goramak ugurlary aýratyn üns merkezinde durýan esasy meseleleriň biri bolup durýar. Bu babatda ýurdumyzda ekologiýa abadançylygyny üpjün etmek, howanyň üýtgemegi boýunça Türkmenistanyň milli strategiýasynda we Milli tokaý maksatnamasynda öňde goýlan wezipeleri ýerine ýetirmek, eziz Diýarymyzy bagy-bossanlyga öwürmek, ösümlik we haýwanat dünýäsini baýlaşdyrmak, gözel tebigatymyzy aýawly saklamak boýunça döwletimiz tarapyndan giň möçberli işler üstünlikli durmuşa geçirilýär. Ýurdumyzda daşky gurşawy goramak ulgamynyň kanunçylyk binýadyny berkitmek we kämilleşdirmek boýunça hem yzygiderli işler alnyp barylýar. Bu ulgamda hereket edýän kanunçylygyň kämilleşdirilmegi, ýurdumyzy bagy-bossanlyga öwürmek boýunça alnyp barylýan işleriň has-da ýaýbaňlandyrylmagy, ekologiýa we daşky gurşawy goramak boýunça halkara maslahatlaryň yzygiderli geçirilmegi döwlet ekologiýa syýasatymyzyň üstünlikli amala aşyrylýandygynyň aýdyň subutnamasydyr. Türkmenistan döwletimizde tebigaty goramak syýasatynyň esasy maksady hakyky iş ýüzünde ýurdumyzyň baýlyklaryny gorap saklamakdan, olary rejeli peýdalanmakdan, daşky gurşawda ekologik deňagramlylygyň bozulmagyny çäklendirmekden, tebigatyň hapalanmagynyň hem zaýalanmagynyň öňüni almakdan, jemgyýetde adamlaryň ekologiýa taýdan howpsuzlygyny, erkin zähmet çekmeklerini, dynç almaklaryny, şeýle-de ösüp gelýän ýaş nesliň maddy we medeni isleglerini talabalaýyk kanagatlandyrmakdan ybaratdyr. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda ösüşlerimiziň hereketlendiriji güýji bolan ylym ulgamyny dünýä derejesine çykarmak, şeýle hem ylymly-bilimli, giň dünýägaraýyşly, zehinli talyplary ýüze çykarmak maksady bilen, S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň guramagynda “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany” ýylynda Daşky gurşawy goramagyň bütindünýä güni hem-de Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň şanly 35 ýyllygy mynasybetli “Durnukly ösüşiň maksatlaryna ýetmekde ýaşlaryň orny” atly ýurdumyzyň hem-de daşary ýurtlaryň ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda ylmy işleriň bäsleşiginiň möhüm ähmiýetiniň boljakdygy şübhesizdir. II. Bäsleşigi geçirmegiň maksatlary Ýurdumyzyň hem-de daşary ýurtlaryň ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda “Durnukly ösüşiň maksatlaryna ýetmekde ýaşlaryň orny” atly halkara ylmy-taslama bäsleşigini geçirmegiň maksady aşakdakylardan ybaratdyr: - Türkmenistanyň ylym-bilim ulgamyndaky halkara hyzmatdaşlyklaryny pugtalandyrmak; - ýurdumyzyň we daşary ýurtlaryň ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda dostlukly gatnaşyklary berkitmek we gerimini giňeltmek; - talyplaryň döredijilik ukyp-başarnygyny, ylmy gözleglere we hünärine bolan höwesini artdyrmak; - aýratyn zehinli ýaşlary goldamak üçin gerekli şertleri döretmek, ýaşlaryň arasynda ylym-bilimi ýaýratmak we öňe sürmek; - talyplaryň azyk howpsuzlygy, daşky gurşawy we tebigaty goramak, tebigy baýlyklary aýawly peýdalanmak ýaly meseleler boýunça bilimini artdyrmak; - halk hojalygynyň dürli ugurlarynda azyk howpsuzlygy, daşky gurşawy we tebigaty goramak, tebigy baýlyklary aýawly peýdalanmak meseleleri boýunça talyplaryň özbaşdak işlemek we pikirlenmek endiklerini ösdürmek; - talyp ýaşlarda tebigy baýlyklardan aýawly peýdalanmak dünýägaraýyşy we ekologik medeniýeti kemala getirmek we terbiýelemek; - Türkmenistan döwletimiz we bütin dünýä üçin ähmiýetli azyk howpsuzlygy we ekologik meselelerine talyplaryň ünsüni çekmek; - talyplaryň azyk howpsuzlygy, ekologiýa we daşky gurşawy goramak ugurlary boýunça işlenip düzülen täze tehnologiýalar we ylmy täzelikler bilen tanyş bolmaklaryny üpjün etmek. III. Bäsleşigiň geçirilişiniň tertibi Bäsleşik II tapgyrda geçirilýär. Bäsleşigiň dili: türkmen, iňlis we rus I tapgyr (saýlama tapgyr). Bäsleşikde kabul edilen 6 sany ugruň biri boýunça ýa-da talyplar toparynyň (iki talypdan köp bolmadyk) özüniň gatnaşmagynda ýerine ýetirilen ylmy-taslama işiniň ýazgysyny (goşundy) 2026-njy ýylyň 10-njy maýyna çenli Merkezi guramaçylyk iş toparynyň elektron salgysyna (science.tm2024@gmail.com; habarlaşmak üçin tel.: +99365647291) ugradýar. Eminler topary tarapyndan seljerilip, saýlanylan işler bäsleşigiň indiki tapgyryna goýberilýär. 2-nji tapgyra geçen ylmy-taslama işleriniň sanawy uniwersitetiň resmi web-saýtynda 2026-njy ýylyň 20-nji maýynda yglan edilýär. II tapgyr (esasy tapgyr). Bäsleşigiň 2-nji tapgyry 2026-njy ýylyň 1—5-nji iýuny aralygynda geçiriler. Bu tapgyrda bäsleşigiň 1-nji tapgyrynyň netijesi boýunça saýlanan talyplar bellenen wagtda Merkezi guramaçylyk iş toparynyň öňünde ylmy-taslamasy boýunça internet ulgamy arkaly online görnüşinde prezentasiýa bilen çykyş edýärler. IV. Bäsleşige gatnaşýan taslama işleriniň taýýarlanylyşyna talaplar Ylmy-taslamanyň ýazgylary 15-20 sahypadan ybarat bolmaly. Ylmy-taslamanyň ýazgysy ylmy işi ýazmagyň kadalaryna (14 şriftde, 1,5 setir arasy, ýokardan we aşakdan 2 sm, çepden 3 sm, sagdan 1,5 sm goýlan, Times New Roman, çykgytly we ş.m. talaplary özünde jemleýän) gabat gelýän ýazgy görnüşinde hödürlenmeli. Işiň titul sahypasynda bäsleşige gatnaşylýan ugur, temanyň ady, ýerine ýetiriji we ylmy ýolbaşçynyň hem-de ýokary okuw mekdebiniň ady görkezilmeli. Taslama işiniň maglumatlary degişli tema boýunça ylmy taýdan esaslandyrylan, takyk ylmy maglumatlara esaslanan, aýdyň beýan edilen bolmaly. Ylmy-taslama diňe bir nazary maglumatlary däl-de, eýsem talybyň özüniň gatnaşmagynda ýerine ýetirilen tejribe maglumatlaryndan hem-de alnan netijelerden ybarat bolmaly. Taslamanyň ady, temasy, täzeçilligi wajyplygy, maksady we onuň netijesi özara baglanyşykly bolmaly. Edebiýat çeşmeleri görkezilmeli. (Ylmy-taslamanyň golýazmasy türkmen, rus we iňlis dillerinde terjime edilen bolmaly). V. Merkezi guramaçylyk iş toparyny döretmek we onuň işi S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersiteti bäsleşigi geçirmek boýunça Merkezi guramaçylyk iş toparyny döredýär. Merkezi guramaçylyk iş toparynyň düzümine S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetinden bäsleşigi geçirmek boýunça jogapkär işgärleri, Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrliginiň wekilleri, ekologiýa we daşky gurşawy goramak meseleleri boýunça ylmy-barlaglaryny alyp barýan ýurdumyzyň we daşary ýurtlaryň professor-mugallymlary we ylmy işgärleri girýärler. Merkezi guramaçylyk iş topary bäsleşigiň guramaçylygy, geçirilişi, tamamlanylyşy boýunça umumy ýolbaşçylygy amala aşyrýar. Bäsleşigiň netijelerine baha bermekde gapma-garşylykly ýagdaýlar ýüze çykanda, Merkezi guramaçylyk iş topary jedelli meseleleri çözmek üçin arz-şikaýat iş toparyny döredýär. Arz-şikaýat iş toparyna Merkezi guramaçylyk iş toparyndan we emin agzalaryndan hünärmenler girizilip bilner. Arz-şikaýat iş toparyň çözgüdi, Merkezi guramaçylyk iş topary tassyklandan soň, gutarnykly hasaplanylýar. Merkezi guramaçylyk iş topary ýeňijileri, işjeň gatnaşyjylary we guramaçylary sylaglamak boýunça teklip berýär. Merkezi guramaçylyk iş topary bäsleşigiň 1-nji tapgyrynda gelen ylmy-taslama işlerini jemleýär we seljerýär hem-de 2-nji tapgyryna gatnaşmaga hukuk gazanan dalaşgärleriň sanawyny yglan edýär. Merkezi guramaçylyk iş topary bäsleşigiň 2-nji tapgyrynda talyplaryň ylmy-taslama işlerine seredenlerinde şu aşakdaky görkezijiler boýunça baha berýärler: VI. Bäsleşigiň ugurlary Bäsleşik birnäçe ugur boýunça geçirilip, ylym bilen meşgullanýan ýaş alymlara özüniň ukyp-başarnyklaryny görkezmeklige ýardam eder. Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan kabul edilen Durnukly Ösüş Maksatlarynyň içinden azyk howpsuzlygy we daşky gurşawy goramak boýunça aşakdaky berlen maksatlary bäsleşigiň degişli ugurlary hasaplanylýar: 1. Açlygy ýok etmek. Açlygy ýok etmek, azyk howpsuzlygyny üpjün etmek we iýmitiň hilini gowulandyrmak we oba hojalygyň durnukly ösüşine ýardam etmek; 2. Arassa suw we arassaçylyk. Suw serişdeleriniň elýeterligini we olaryň rejeli peýdalanmagyny we hemmeler üçin suwuň arassalygyny üpjün etmek; 3. Elýeterli we arassa energiýa. Hemmeler üçin energiýanyň gymmat däl, ygtybarly, durnukly we döwrebap serişdelerine umumy elýeterligi üpjün etmek; 4. Howanyň üýtgemegine garşy göreş. Klimatyň üýtgemegi we onuň netijeleri bilen göreşmek üçin gaýragoýulmasyz çäreleri görmek; 5. Deňziň ekologiki ulgamyny gorap saklamak. Durnukly ösüşiň bähbitleri üçin ummanlary, deňizleri we derýalary gorap saklamak we olardan rejeli peýdalanmak; 6. Gury ýer ekologiki ulgamyny gorap saklamak. Gury ýerleriň goragy we dikeldilmegi, olaryň rejeli peýdalanmagyna ýardam etmek, tokaýlardan rejeli peýdalanmak, çölleşmä garşy göreşmek, ýerleriň zaýalanmagyny we biodürlüligini ýitirmek hadysasyny bes etmek. VII. Bäsleşigiň netijelerini jemlemek we ýeňijileri sylaglamak Ähli görkezijiler boýunça toplanan ballaryň jemi esasynda her ugur boýunça I, II we III orunlar kesgitlenilýär. Deň bal toplanan ýagdaýynda ýeňiji Merkezi guramaçylyk iş toparynyň agzalarynyň arasynda ses bermek arkaly kesgitlenilýär. Bäsleşigiň ýeňijileri S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň rektory tarapyndan I, II we III derejeli diplomlar we ýadygärlik sowgatlary bilen sylaglanýar.
“Hünär ussatlygy” hünär bäsleşigi
Türkmenistanyň Bilim ministrligi 2026-njy ýylyň 6-njy iýunynda sagat 8:00-dan 14:00 aralygynda S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetinde hem-de Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrliginiň Söwda hünär-tehniki okuw mekdebinde hünär-tehniki bilim maksatnamasyny amala aşyrýan bilim edaralarynyň ýaşlarynyň arasynda «Hünär ussatlygy» atly hünär bäsleşiginiň jemleýji döwlet tapgyrynyň geçirilýändigini habar berýär. Bu bäsleşigiň ýaşlary hünäre ugrukdyrmakda, olaryň saýlap alan kärine bolan gyzyklanmasyny artdyrmakda, amaly başarnyklaryny kämilleşdirmekde hem-de zähmete bolan jogapkärçilikli garaýşyny ösdürmekde, şeýle hem ýaş nesliň ukyp-başarnyklaryny ýüze çykarmakda berýän oňyn täsirini göz öňünde tutup, Türkmenistanyň Bilim ministrligi bu çärä ýurdumyzyň ähli ýaşlarynyTOMAŞA ETMÄGE çagyrýar. Türkmenistanyň Bilim ministrligi
Hormatly kärdeşler!
Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi, Türkmenistanyň Bilim ministrligi we Türkmenistanyň Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komiteti Sizi “Saglygy goraýyş, bilim we sport Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe” atly halkara sergä we ylmy maslahata gatnaşmaga çagyrýar. Halkara sergi we ylmy maslahaty 2026-njy ýylyň 10-12-nji oktýabrynda Aşgabat şäherinde gibrid görnüşinde geçirilýär. Halkara ylmy maslahatyň iş dilleri: türkmen, iňlis we rus dilleri. Halkara ylmy maslahatyň işi 22 bölümde geçirilýär. Halkara maslahatyň tematiki ugurlary: I bölüm. Iç keseller. II bölüm. Dikeldiş bejergisi. III bölüm. Kardiologiýa. IV bölüm. Häzirki zaman kardiologiýanyň we kardiohirurgiýanyň kliniki teswirnamalary. V bölüm. Onkologiýa. VI bölüm. Oftalmologiýa. VII bölüm. Ýokanç keseller. VIII bölüm. Enäniň we çaganyň saglygyny goramak. IX bölüm. Hirurgiýa. X bölüm. Jemgyýetçilik saglygy we epidemiologiýa. XI bölüm. Sanly lukmançylyk. XII bölüm. Laboratoriýa we funksional anyklaýyş barlaglary. XIII bölüm. Ýokanç däl keselleriniň patofiziologiki soraglary we sagdyn bedeniniň fiziologiýasynyň meseleleri. XIV bölüm. Plastiki, rekonstruktiw hirurgiýa we estetiki lukmançylyk. XV bölüm. Bilim ulgamynda innowasion tehnologiýalar. XVI bölüm. Sanly ykdysadyýet durnukly ösüşiň möhüm şertidir. XVII bölüm. Daşary ýurt dillerini okatmagy kämilleşdirmek bilim syýasatynyň möhüm wezipesidir. XVIII bölüm. Ylym we innowasion tehnologiýalar. Ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamak. XIX bölüm. Sport ulgamynda innowasion tehnologiýalar. XX bölüm. Nobatdaky Olimpiýa oýunlaryna milli ýygyndy toparlaryny taýýarlamagyň ugurlary. XXI bölüm. Olimpiýa filosofiýasy we sagdyn durmuş ýörelgelerini terbiýelemek. XXII bölüm. Tebigy we takyk ylymlar, innowasion tehnologiýalar. Halkara ylmy maslahata gatnaşmaga isleg bildirýänler resminamalaryny tabşyranlarynda aşakda beýan edilen talaplary berjaý etmelidirler. “Saglygy goraýyş, bilim we sport Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe “ atly halkara ylmy maslahata gatnaşmagyň Ş E R T L E R I 1. Halkara ylmy maslahata gatnaşmaga isleg bildirýänleriň maslahata tabşyrylan tezisleriň awtorlar üçden köp bolmaly däldir. Işiň mazmuny özbaşdak ylmy-barlag häsiýetli we ady bilen kybapdaş bolmaly. 2. Halkara ylmy maslahata gatnaşmak üçin hasaba alnyş görnüşi doldurylmaly (adaty şrift, Times New Roman, 12 pt): Halkara ylmy maslahata gatnaşyjylaryň hasaba alnyş görnüşi Familiýasy Ady Atasynyň ady Wezipesi Alymlyk derejesi, ady Işleýän ýeriniň doly ady Işleýän ýeriniň salgysy (poçta indeksini hem görkezmeli) Iş telefony, elektron salgysy Nutugyň ady (baş harplar bilen ýazmaly däl) Nutugyň tematiki ugry Nutuk haýsy dilde taýýarlandy 3. Halkara ylmy maslahata gatnaşmak üçin gysgaça beýany (tezis) we annotasiýalary taýýarlanylmaly. Nutugyň gysgaça beýany ylmy maslahatyň iş dilleriniň birinde, annotasiýalar bolsa beýleki iki dilde bolmaly. 3.1. Halkara ylmy maslahata daşary ýurtly gatnaşyjylaryň nutuklarynyň annotasiýalarynyň türkmen diline terjimesi Guramaçylyk topary tarapyndan ýerine ýetiriler. 3.2. Halkara ylmy maslahata ýerli gatnaşyjylar annotasiýanyň iňlis we rus dillerine terjimelerini ýokary okuw mekdepleriniň degişli kafedralarynda ýa-da terjime edaralarynda tassyklatmaly. 4. Halkara ylmy maslahata gatnaşyjylaryň ylmy işiniň gysgaça beýany we annotasiýalar awtoryň işleýän edarasynda seredilmeli we edaranyň ýolbaşçysy tarapyndan gol çekilen hat üsti bilen iberilmeli. Hata nutugyň gysgaça beýanynyň we annotasiýalaryň elektron görnüşleri goşulmaly. 5. Iberilen resminamalaryň mazmunyna awtorlar şahsy jogapkärçilik çekýärler. Nutuklaryň gysgaça beýanlaryna we annotasiýalaryna bildirilýän T A L A P L A R 1. Halkara ylmy maslahata gatnaşmak üçin gysgaça beýanlary we annotasiýalary guramaçylyk komitetine ibermegiňizi haýyş edýäris (gysgaça beýanynyň möçberi A4 (210×297 mm) formatda 1,5 sahypadan geçmeli däl, annotasiýalaryň her biriniň (iňlis we rus dillerinde) möçberi 0,5 sahypa çenli bolmaly. 2. Sahypa ölçegleri: ýokary we aşak taraplarda – 2,0 sm, çep tarapda – 2,5 sm, sag tarapda – 1,5 sm. Oriýentasiýasy – "kitap" görnüşli, şrifti – Times New Roman, ölçegi – 14 pt, setir arasy – 1. 3. Ylmy işiň aýratynlyklaryna baglylykda nutugy şekiller, formulalar we tablisalar görnüşinde beýan etmäge ýol berilýär. Bu ýagdaýda her bir şekil sahypanyň görkezilen ölçeglerinden çykmaly däl, şrifti bolsa 14-den kiçi bolmaly däl. Nutugyň gysgaça beýanynyň umumy göwrümi şekiller, formulalar we tablisalar bilen bilelikde A4 formatdaky 1,5 sahypadan geçmeli däl. 4. Maslahata elektron görnüşde tabşyrylýan ähli materiallar diňe Word for Windows formatynda kabul edilýär (doc we docx giňeltmsi bilen). 5. Nutugyň gysgaça beýany we annotasiýalar bir faýlda saklanylmaly hem-de aşakdaky görnüşde bolmaly: - awtoryň ady, familiýasy sahypanyň sag gyrasy boýunça deňlemek bilen 14 lik şriftde setir harplar bilen goýy gara ýazylmaly, döwletiň ady ýaýyň içinde görkezilmeli; - gysgaça beýanyň we annotasiýalaryň atlary baş harplar bilen 16 lyk şriftde goýy gara görnüşde ýazylmaly we setiriň merkezi boýunça deňlenilmeli; - nutugyň gysgaça beýanynyň tekstini ýazmazdan öň 1 setir goýbermeli. 6. Nutugyň gysgaça beýanynyň we annotasiýalaryň tekstleri setiriň ini boýunça deňlenilmeli. Matematiki formulalar degişli formula redaktorlarynyň kömegi bilen ýazylmaly. 7. Nutugyň gysgaça beýanynyň we annotasiýalarynyň sahypalary belgilenilmeýär. 8. Bildirilýän talaplara laýyk gelmeýän işlere garalmaýar. 9. Iş tabşyrylandan soňra hödürlenilen düzedişler we goşundylar kabul edilmeýär. 10. Guramaçylyk toparynyň karary boýunça iş ylmy maslahata goýberilmän bilner. 11. Tabşyrylan resminamalar yzyna gaýtarylmaýar. 12. Nutugyň gysgaça beýanyny we annotasiýalaryny bir faýlyň içinde ýerleşdirilmeli. Faýlyň ady çykyş edýäniň familiýasyny, adyny, atasynyň adyny we «tez» diýen harplary özünde jemlemeli. Mysal üçin, çykyş edýän – Myrat Akyýew, faýlyň ady – «Akyýew M. tez». 13. Hasaba alnyş görnüşleri nutugyň ähli awtorlary tarapyndan doldurylýar we bir faýlda ýerleşdirilýär. Ilki bilen ylmy maslahatda çykyş edýäniň, soňra awtordaşyň hasaba alnyş görnüşleri ýerleşdirilýär. Hasaba alnyş maglumaty üçin faýlyň ady awtoryň familiýasyny, adyny, atasynyň adyny we «reg» diýen harplary özünde jemlemeli. Mysal üçin, «Ataýew N. reg». 14. Faýllary arhiwirlemeli däl! Habarlaşmak üçin: 1. Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi tel: (+99312) 40-04-51; 40-04-11, 48-92-94, faks: 40-04-53, 40-04-66 elektron poçta: info@saglykhm.gov.tm resminamamz@sanly.tm 2. Türkmenistanyň Bilim ministrligi. tel: (+99312) 44-84-09; 36-17-34 elektron poçta: nie.turkmenistan @ gmail .com met.int.department@gmail.com 3. Türkmenistanyň Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komiteti tel: (+99312) 39-98-37 elektron poçta: turkmensport@sanly.tm 4. Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasy tel: (+99312) 94-14-52 elektron poçta: rustamtme@gmail.сom Halkara maslahata gatnaşmaga isleg bildirýänler öz tezislerini we annotasiýalaryny (kagyz we elektron görnüşinde) 2026-njy ýylyň 10-njy iýun çenli ibermegiňizi haýyş edýäris. Guramaçylyk topary