Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň ýörite karary bilen Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda döredilen Ýaş diplomatlar mekdebiniň guramagynda geçirilýän «Parahatçylygyň ýaş çaparlary» atly akyl-paýhas bäsleşiginiň 2026-2027-nji okuw ýylynda VI möwsüminiň başlanýandygyny mälim edýäris.
Bu möwsümde okuwçylar ýazmaça görnüşinde 100 sany test soraglaryna jogap bermek esasynda saýlanylar. Test sowallary orta mekdepleriň 9-12-nji synplarynyň Türkmenistanyň taryhy, dünýä taryhy, Türkmenistanyň medeni mirasy, Dünýä medeniýeti, iňlis dili, rus dili derslerinden bolar. Şeýle hem okuwçylaryň pikirlenişini barlamak maksady bilen akyl-paýhas (IQ, logiki) soraglary hem bolar.
“Parahatçylygyň ýaş mekdebiniň çaparlary” atly akyl-paýhas bäsleşiginiň 2026-2027-nji okuw ýylynda geçiriljek VI möwsüminiň şygary – “Garaşsyz we Bitarap Türkmenistanyň daşary syýasaty: parahatçylygyň we adamzat ösüşiniň hatyrasyna hyzmatdaşlyk”, “Parahatçylygyň ýaş çaparlary” atly akyl-paýhas bäsleşigine ýurdumyzyň 10-11-12-nji synp okuwçylary gatnaşyp biler.
Bäsleşige gatnaşmak isleýän okuwçylar bilen saýlama test synagy 2026-njy ýylyň 9-njy sentýabrynda geçiriler. Bäsleşige gatnaşmaga isleg bildirýän 10-11-12-nji synp mekdep okuwçylary özleri baradaky maglumatlary 2026-njy ýylyň 5-nji sentýabryna çenli möhletde şu elektron salga ibermeli: parahatchylygynchaparlary@gmail.com
Maglumatlar şu aşakdaky tertipde ýazylmaly:
1.Şahsy maglumatlary (Ady we familiýasy, anyk ýaşaýan salgysy, okaýan mekdebi we synpy, öý we el telefon belgileri, elektron salgysy, mekdep formasynda resminama üçin düşülen 3x4 ölçegdäki suraty hem goşmak bilen);
2. Okuwda, döredijilikde we bäsleşiklerde gazanan üstünlikleri;
3. Bilýän hem-de öwrenmegi dowam etdirýän daşary ýurt dilleri;
4.Gyzyklanýan bilim ugurlary, gowy görýän güýmenjeleri we.ş.m.
Guramaçylyk topary