Logo

Türkmenistanyň

Bilim ministrligi

Logo

Türkmenistanyň

Bilim ministrligi

Onlaýn ýüz tutma
None
None
None
None
None
None
None
None
None
None
Türkmenistanyň Bilim ministri Daşkentdäki halkara forumda çykyş etdi

Türkmenistanyň Bilim ministri Daşkentdäki halkara forumda çykyş etdi

2026-njy ýylyň 28-nji oktýabrynda Daşkent şäherinde «Merkezi Aziýa — bilim, ylym we innowasiýalaryň täze giňişligi» atly halkara bilim forumy geçirildi. Çäräniň açylyşynda Türkmenistanyň Bilim ministri Jumamyrat Gurbangeldiýew gutlag sözi bilen çykyş etdi. Ministr öz çykyşynda forumy guraýjylara hoşallyk bildirip, sebitleýin hyzmatdaşlygyň möhümdigini belledi. Çykyşda döwlet Baştutanymyz Serdar Berdimuhamedowyň hem-de Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda bilim ulgamynda alnyp barylýan özgertmeler, şol sanda 2026–2052-nji ýyllar üçin ýokary bilimi ösdürmek Strategiýasy we täze kabul edilen döwlet maksatnamalary bellenip geçildi. Şeýle hem Gahryman Arkadagymyzyň halkara ylmy-bilim ýaşlar klasterlerini döretmek baradaky başlangyjyna aýratyn üns çekildi. Çykyşda Türkmenistan bilen Özbegistanyň arasyndaky strategik hyzmatdaşlyk, şol sanda «Awazada» gol çekilen täze ylalaşyklar, rektorlaryň forumlary we talyplaryň alyş-çalşygy ýaly möhüm ugurlar nygtaldy. Türkmenistanyň sebitde bilim we ylym gatnaşyklaryny mundan beýläk-de ösdürmäge taýýardygy tassyklanyldy. Türkmenistanyň Bilim ministrligi

15
28 Oktýabr 2026 ý.
Türkmenistanyň bilim ulgamynyň wekilleri Hytaýda geçirilen okuw maslahatyna gatnaşdylar

Türkmenistanyň bilim ulgamynyň wekilleri Hytaýda geçirilen okuw maslahatyna gatnaşdylar

2026-njy ýylyň 12–26-njy oktýabry aralygynda Hytaý Halk Respublikasynyň Uhan we Şençžen şäherlerinde Türkmenistanyň döwlet edaralarynyň işgärleri üçin emeli aň we sanly ulgam boýunça ýöriteleşdirilen okuw maslahaty geçirildi. Okuw maslahatyna Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň Innowasiýa maglumat merkeziniň hünärmenleri we ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň wekilleri gatnaşdylar. Çäräniň dowamynda Hytaýyň bilim ulgamynyň ösüşi, sanlylaşdyrma, emeli aň, innowasion tehnologiýalar, sanly ykdysadyýet hem-de halkara hyzmatdaşlygy boýunça temalaýyn okuw sapaklary we tanyşdyryş çäreleri geçirildi. Şeýle hem gatnaşyjylar Alibaba kompaniýasynyň iş tejribesi bilen tanyşdylar. Okuw maslahaty Hytaýyň öňdebaryjy sanly tehnologiýalary we innowasion çözgütleri boýunça tejribe alyşmaga, alnan bilimleri Türkmenistanyň bilim ulgamynda, ylmy-barlag işlerinde we ýokary okuw mekdepleriniň sanlylaşdyrylmagynda peýdalanmagyň mümkinçiliklerini öwrenmäge şert döretdi. Okuw maslahatynyň netijeleri bilim ulgamynda halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmekde, hünärmenleriň hünär derejesini ýokarlandyrmakda we häzirki zaman tehnologiýalaryny ornaşdyrmakda möhüm ähmiýete eýe boldy. Türkmenistanyň Bilim ministrligi

17
28 Oktýabr 2026 ý.
Türkmenistanyň Bilim ministri Daşkentde geçirilen Merkezi Aziýa ýurtlarynyň bilim ministrleriniň «Tegelek stolunda» çykyş etdi

Türkmenistanyň Bilim ministri Daşkentde geçirilen Merkezi Aziýa ýurtlarynyň bilim ministrleriniň «Tegelek stolunda» çykyş etdi

2026-njy ýylyň 28-nji oktýabrynda Özbegistan Respublikasynyň Daşkent şäherinde «Merkezi Aziýanyň bitewi bilim giňişligini ösdürmek we halkara hyzmatdaşlyk» mowzugynda sebitiň döwletleriniň bilim ministrleriniň gatnaşmagynda «Tegelek stoly» geçirildi. Maslahatyň işine Türkmenistanyň Bilim ministri Jumamyrat Gurbangeldiýew gatnaşyp, giňişleýin çykyş etdi. Ministr öz çykyşynda dostlukly we hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryna daýanýan Merkezi Aziýa döwletleriniň arasynda bilim hem-de ylym ulgamyndaky hyzmatdaşlygy pugtalandyrmagyň aýratyn möhümdigini nygtady. Bellenilişi ýaly, ýaş nesle döwrebap bilim bermek, olary milli gymmatlyklar esasynda terbiýelemek we sebitiň ykdysady ösüşi üçin ýokary hünärli hünärmenleri taýýarlamak umumy maksat bolup durýar. Çykyşda Türkmenistanda Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň hemaýat bermeginde hem-de Türkmen Halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyçlary esasynda bilim ulgamyny kämilleşdirmek boýunça amala aşyrylýan giň gerimli özgertmeler beýan edildi. Hususan-da: Şeýle hem sanly ulgama geçmek boýunça gazanylan üstünlikler, şol sanda «Elektron mekdep», «Elektron talyp» ulgamlary, 11 pudagy we 156 sany täze hünäri öz içine alýan «Geljekki hünärleriň atlasy», BMG-niň Ösüş Maksatnamasy bilen bilelikde adam maýasyny strategik meýilleşdirmegiň taslamasynyň taýýarlanylýandygy mälim edildi. Sebitleýin hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek boýunça Türkmenistan birnäçe möhüm başlangyçlary öňe sürdi: Türkmenistanyň Bilim ministri ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplyk, deňhukuklylyk we özara hormat goýmak ýörelgelerine esaslanyp, Merkezi Aziýa döwletleri bilen bilim diplomatiýasyny mundan beýläk-de işjeň ösdürmäge taýýardygyny tassyklady. Türkmenistanyň Bilim ministrligi

11
28 Oktýabr 2026 ý.
Türkmenistanyň Bilim ministri Ürgenç döwlet uniwersitetine bardy

Türkmenistanyň Bilim ministri Ürgenç döwlet uniwersitetine bardy

Şu gün Ürgenç döwlet uniwersitetinde Türkmenistanyň Bilim ministri Jumamyrat Gurbangeldiýew bilen uniwersitetiň rektory Feruza Madrähimowanyň arasynda resmi duşuşyk geçirildi. Ýyly we dostlukly ýagdaýda geçen duşuşygyň dowamynda Özbegistan bilen Türkmenistanyň arasyndaky taryhy dostluk, doganlyk we hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklary aýratyn bellenildi. Şeýle hem ýokary bilim we ylym ulgamlarynda hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmegiň geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy. Uniwersitetiň rektory Feruza Madrähimowa ýokary okuw mekdebiniň daşary ýurtly talyplary, şol sanda Türkmenistanyň ýaşlaryny hem uniwersitetde okamaga çekmäge, olar üçin amatly şertleri döretmäge, Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleri bilen ylmy we akademiki gatnaşyklary giňeltmäge, şeýle hem bilelikdäki başlangyçlary we taslamalary durmuşa geçirmäge taýýardygyny beýan etdi. Mundan başga-da, Ürgenç döwlet uniwersitetiniň talyplarynyň her ýyl Türkmenistanda geçirilýän halkara ders olimpiadalaryna işjeň gatnaşýandyklary bellenildi. Taraplar hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de giňeltmek, iki ýurduň alymlarynyň we talyplarynyň halkara ylmy maslahatlara, forumlara hem-de akademiki çärelere özara gatnaşygyny işjeňleşdirmek barada pikir alyşdylar. Türkmenistanyň Bilim ministrligi

16
28 Oktýabr 2026 ý.
Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetinde sport çäreleri geçirildi

Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetinde sport çäreleri geçirildi

Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetinde 2026-njy ýylyň 23-nji oktýabrynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany” ýylynda Hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzda köpçülikleýin bedenterbiýäni we sporty ösdürmek baradaky görkezmelerinden ugur alyp, sagdyn durmuş ýörelgelerini talyp ýaşlarynyň gündelik durmuşyna ornaşdyrmak, olary berk bedenli, hemmetaraplaýyn sazlaşykly ösen, kämil şahsyýet edip kemala getirmek maksady bilen talyp ýaşlaryň gatnaşmagynda sportuň dürli görnüşleri boýunça köp sanly çekeleşikli bäsleşikler, gyzykly ýaryşlar we ýokary derejede sport çäreleri geçirildi. Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersiteti

16
28 Oktýabr 2026 ý.

Bilim kalendary

Duş
Siş
Çär
Pen
Ann
Şen
Ýek
28
29
30
1
2
3
4
5
6
7
8
9
10
11
12
13
14
15
16
17
18
19
20
21
22
23
24
25
26
27
28
29
30
31
1
2
3
4
5
6
7
8
Ylmy-usuly žurnal

Bilim žurnaly

Bilim žurnaly

2026

Media galereýa

Bilim ulgamynyň durmuşyndan iň täze foto we wideo pursatlar.

Ählisini gör
Sanly ulgam

Bitewi sanly bilim portaly

Ähli bilim edaralaryny we sanly hyzmatlary birleşdirýän ýeke-täk ekoulgam.

Portala giriň
Habarlar býurosy

Soňky habarlar

Высокие технологии в образовании
Makalalar

Высокие технологии в образовании

В Ашхабаде состоялась международная научно-практическая онлайн-конференция «Национальные технологии искусственного интеллекта: цифровая экономика, умная диверсификация, устойчивое развитие». В центре внимания участников форума – задачи ускоренного развития цифровой сферы и внедрения инноваций. Принимающим центром и основной дискуссионной платформой выступил Инженерно-технологический университет имени Огуз хана, а само проведение мероприятия в эру Возрождения новой эпохи могущественного государства стало важной вехой в реализации национальной IT-стратегии. Международный форум объединил руководителей научно-исследовательских институтов, видных учёных, профессоров и специалистов из десятков стран мира, а также представителей ведущих технологических компаний. Благодаря развитой цифровой инфраструктуре к трансляции в режиме реального времени подключились руководители, преподаватели и студенты всех высших учебных заведений Туркменистана. Пленарные и секционные заседания отличались научной новизной, глубиной анализа и практической значимостью. В фокусе общего внимания участников находились ­вопросы интеграции искусственного интеллекта в систему образования, сельское хозяйство, медицину и промышленность, а также механизмы развития международного сотрудничества в сфере «умной» диверсификации. Особый интерес и оживлённые дискуссии вызвали доклады ключевых зарубежных спикеров, которые поделились передовым опытом своих стран. В их числе – профессор Сеонг Джу Канг из Республики Корея, представивший доклад на тему «Модели построения суверенного искусственного интеллекта: цифровой суверенитет Кореи». Учёный детально раскрыл опыт своей страны по снижению зависимости от глобальных IT-платформ и убедительно обосновал необходимость создания собственных национальных алгоритмов на базе локальных данных. Именно формирование независимой экосистемы ИИ выступает сегодня ключевым условием цифровой безопасности и суверенитета современного государства. Ректор Университета Читкара (Индия) – доктора Мадху Читкара, посвятила своё сообщение интеграции искусственного интеллекта в академическую среду. Она поделилась практическим опытом внедрения «умных» алгоритмов в учебный процесс и на конкретных примерах продемонстрировала успехи исследовательских проектов своего вуза. Профессор подчеркнула, что синергия усилий преподавателей и студентов при освоении ИИ-технологий не просто повышает цифровую грамотность, а задаёт принципиально новые стандарты качества и эффективности всего высшего образования. Опираясь на богатый академический и практический опыт, с докладами выступили преподаватели и учёные Инженерно-технологического университета имени Огуз хана, развивая темы, поднятые зарубежными коллегами. Значимость форума и перспективы отечественной науки ёмко подытожил начальник научного отдела университета Ходжамурат Ишангулыев. «Проведение встречи столь высокого уровня на базе нашего университета наглядно демонстрирует, что Туркменистан уверенно и динамично интегрируется в глобальное цифровое пространство. Искусственный интеллект сегодня – это не просто эффективный инструмент автоматизации, а фундаментальный базис для формирования качественно новой, высокотехнологичной экономической модели. Плодотворный обмен опытом с ведущими зарубежными центрами позволяет нам точно координировать шаги по созданию надёжных национальных ИИ-платформ. Проводимые в наших стенах прикладные и фундаментальные исследования уже сегодня закладывают прочный фундамент технологического и цифрового суверенитета страны», – подчеркнул представитель вуза. Продолжением профессиональной дискуссии стали выступления заведующих кафедрами Инженерно-технологического университета имени Огуз хана, осветивших прикладные аспекты применения «умных» систем на производстве и в науке. В своём докладе заведующий кафедрой Ислам Оразов акцентировал внимание на технологической трансформации реального сектора: «Как специалист с многолетним стажем в сфере подготовки инженерных кадров, вижу, насколько коренным образом искусственный интеллект меняет облик современного производства и управления. Благодаря дальновидной политике уважаемого Президента Туркменистана и колоссальной поддержке Нацио­нального Лидера туркменского народа Героя-Аркадага в нашей стране возводятся современные комплексы высших учебных заведений, оснащённые по последнему слову техники. В этих суперсовременных вузах наши преподаватели и студенты работают с передовыми ИИ-платформами. Алгоритмы способны моментально выявлять слабые места в производственных цепочках, прогнозировать риски и экономить огромные ресурсы. Автоматизируя рутину, мы освобождаем человеческий потенциал для стратегических задач, а наш опыт позволяет отечественным образовательным стандартам опережать время». Развивая тему интеграции технологий в междисциплинарные изыскания, заведующая кафедрой Джемал Карлыева сосредоточила внимание на научных исследованиях нового поколения: «Современная наука требует гибкости, и искусственный интеллект выступает именно тем связующим звеном, которое объединяет IT-индустрию, биотехнологии, экологию и экономику в единую экосистему. Сегодня в прекрасных стенах нашего университета созданы все условия для того, чтобы молодёжь осваивала специализированные нейросетевые платформы. Практика показывает: применение машинного обучения при анализе экологических данных или моделировании биологических процессов сокращает время исследований в десятки раз. Прошедший форум подтвердил, что наши векторы развития полностью совпадают с мировыми трендами, и мы готовы масштабировать эти инновации на государственном уровне». В этих словах – общая позиция всей учащейся молодёжи. Представители молодого поколения и участники форума единодушно выразили благодарность уважаемому Президенту Сердару Бердымухамедову и Национальному Лидеру туркменского народа Герою-Аркадагу за всемерную заботу о развитии науки, создание современной образовательной среды и предоставление широкого доступа к передовым цифровым платформам и инновационным лабораториям. Выступавшие подчёркивали, что стремительное проникновение искусственного интеллекта в образование и исследовательскую деятельность вдохновляет студенчество осваивать «умные» технологии с ещё большим усердием, чтобы стать высококлассными специалистами и внести достойный вклад в процветание любимой Родины. Международный онлайн-форум подтвердил готовность Туркменистана к полномасштабной цифровой трансформации. Синергия усилий учёных планеты, глубокий научно-практический анализ технологий ИИ, активная позиция отечественной высшей школы и искренний энтузиазм студенчества гарантируют независимый, светлый и устойчивый характер цифрового будущего нашей страны. Мяхриджемал ХАЛЛЫЕВА,

2026-2027-nji ýylda ýurdumyzyň orta mekdepleriniň okuwçylary tarapyndan gatnaşylmagy meýilleşdirilýän halkara ders bäsleşikleriniň S A N A W Y
Bäsleşikler

2026-2027-nji ýylda ýurdumyzyň orta mekdepleriniň okuwçylary tarapyndan gatnaşylmagy meýilleşdirilýän halkara ders bäsleşikleriniň S A N A W Y

T/b Halkara ders bäsleşiginiň ady Gatnaşýan ugry Geçirilýän ýeri I DEREJELI 1.       B&uu

Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň we Hytaý Halk Respublikasynyň ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda  Halkara açyk informatika internet olimpiadasy
Bildirişler

Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň we Hytaý Halk Respublikasynyň ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda Halkara açyk informatika internet olimpiadasy

Türkmenistanyň Prezidentiniň 2026-njy ýylyň 30-njy ýanwaryndaky                1671 belgili Karary bilen tassyklanan “Türkmenistanda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň 2026–2028-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasyna” we ony amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň Meýilnamasyna laýyklykda, “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany” ýylynda bilim ulgamynda innowasiýalary ornaşdyrmak, şeýle hem bilimiň hiline garaşsyz monitoringi amala aşyrmak maksady bilen, Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň we Hytaý Halk Respublikasynyň ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda Halkara açyk informatika internet olimpiadasyny geçirmek üçin şu Düzgünnama işlenip taýýarlanyldy.   1.    Umumy düzgünler   1.1. Şu Düzgünnama Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň we Hytaý Halk Respublikasynyň ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda Halkara açyk informatika internet olimpiadasyny (mundan beýläk - olimpiada) guramagyň we geçirmegiň kadalaşdyryjy resminamasy bolup, ony geçirmegiň tertibini kesgitleýär. Ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda Halkara açyk informatika internet olimpiadasyny geçirmek, Türkmenistanyň okgunly ösýän bazar ykdysadyýetinde innowasion tehnologiýalary ulanmagy we çylşyrymly meseleleri özbaşdak çözmegi başarýan zehinli ýaşlary ýüze çykarmaga ýardam eder. 1.2. Olimpiada Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersiteti tarapyndan Türkmenistandaky Lu Ban ussahanasynyň binýadynda onlaýn görnüşde geçirilýär. 1.3. Olimpiada aşakdaky ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň we magistrantlarynyň arasynda geçirilýär: - Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersiteti; - Hytaýyň nebit uniwersiteti (Pekin ş.); - Sian nebit uniwersiteti; - Hebeý nebit hünär-tehniki uniwersiteti. 1.4. Olimpiada 2026-njy ýylyň 5-nji noýabrynda geçirilýär. 1.5. Her bir okuw mekdebinden Olimpiada gatnaşýanlaryň sany 30 adamdan köp bolmaly däldir. 1.6. Olimpiada talyplar we magistrantlar gatnaşyp bilerler. 1.7. Olimpiada şahsy we toparlaýyn bäsleşik görnüşinde geçirilýär. Şol bir wagtyň özünde okuw mekdepleriniň arasynda toparlaýyn bäsleşigiň netijeleri hem kesgitlenilýär. 1.8. Olimpiadanyň resmi iş dilleri türkmen, rus we iňlis dilleridir. 1.9. Olimpiada Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersiteti tarapyndan döredilen we dolandyrylýan Moodle platformasynyň binýadynda işlenip taýýarlanylan sanly onlaýn platformanyň üsti bilen geçirilýär. 1.10. Olimpiadanyň geçirilmeginiň obýektiwligini üpjün etmek maksady bilen gatnaşyjylara wideo gözegçilik we wideomaslahatlaşma serişdeleri arkaly uzak aralykdan gözegçilik edilip bilner.   2. Olimpiadanyň maksatlary we wezipeleri   2.1. Olimpiadanyň maksatlary: a) talyplaryň we magistrantlaryň sanly tehnologiýalara, informatika, programmirleme we emeli aň tehnologiýalaryna bolan gyzyklanmasyny ösdürmek; b) sanly tehnologiýalar we emeli aň ugurlarynda ukyply we taýýarlyk derejesi ýokary bolan ýaşlary ýüze çykarmak; ç) algoritmiki pikirlenmek, çylşyrymly meseleleri özbaşdak çözmek we programmirlemek endiklerini ösdürmek; d) programma üpjünçiligini taýýarlamakda häzirki zaman emeli aň tehnologiýalaryny netijeli ulanmak endigini kemala getirmek; e) gatnaşýan ýokary okuw mekdepleriniň arasynda ylmy-bilim we hünär hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmak; ä) sanly bilim, programmirleme we emeli aň tehnologiýalaryny ulanmak boýunça tejribe alyşmak. 2.2. Olimpiadanyň wezipeleri: a) gatnaşyjylaryň informatika we sanly tehnologiýalar boýunça bilimlerini we amaly başarnyklaryny barlamak; b) algoritmiki meseleleri özbaşdak seljermek we çözmek ukybyny bahalandyrmak; ç) emeli aň serişdelerini ulanyp programma çözgütlerini taýýarlamak ukybyny bahalandyrmak; d) programma çözgütleriniň dogrulygyny, ýerine ýetiriliş tizligini we kodyň göwrümini göz öňünde tutup, olary kämilleşdirmek endigini ösdürmek; e) ylmy, bilim we halkara taslamalaryna gatnaşmaga ukyply talyplary we magistrantlary ýüze çykarmak; ä) talyplaryň, mugallymlaryň we bilim edaralarynyň arasynda halkara gatnaşyklary ösdürmek.   3. Olimpiadanyň guramaçylyk-usulyýet üpjünçiligi   3.1. Olimpiadany guramak we geçirmek boýunça Guramaçylyk topary döredilýär. 3.2. Guramaçylyk toparynyň düzümi we başlygy Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň rektorynyň buýrugy bilen tassyklanýar. 3.3. Guramaçylyk topary: a) Olimpiadanyň taýýarlygyna we geçirilmegine umumy ýolbaşçylygy amala aşyrýar; b) Olimpiadanyň geçiriljek möhletlerini we guramaçylyk tertibini kesgitleýär; ç) gatnaşýan bilim edaralary bilen özara hyzmatdaşlygy üpjün edýär; d) gatnaşyjylaryň hasaba alynmagyny guraýar; e) Moodle onlaýn platformasynyň tehniki taýdan taýýarlanmagyny we işlemegini üpjün edýär; ä) gatnaşyjylara Olimpiadanyň geçiriljek tertibi barada maglumat berýär; f) usulyýet we gözükdiriji materiallary taýýarlaýar. 3.4. Olimpiadanyň ýumuşlaryny taýýarlamak üçin iş topary döredilýär. 3.5. Ýumuşlar talyplaryň we magistrantlaryň taýýarlyk derejesini göz öňünde tutup işlenip taýýarlanylýar we bellenilen tertipde tassyklanylýar. 3.6. Olimpiadanyň netijelerini bahalandyrmak üçin Eminler topary döredilýär. 3.7. Eminler toparynyň düzümi we başlygy uniwersitetiň rektorynyň buýrugy bilen tassyklanylýar. 3.8. Eminler topary: a) bahalandyrmagyň bellenilen ölçegleriniň berjaý edilişine gözegçilik edýär; b) ikinji tapgyryň netijelerini tassyklanan ölçeglere laýyklykda bahalandyrýar; ç) jedelli ýagdaýlara seredýär; d) şahsy we toparlaýyn netijeleri kesgitleýär; e) Olimpiadanyň jemleýji teswirnamasyny taýýarlaýar.   4. Olimpiadany guramagyň we geçirmegiň tertibi   4.1. Gatnaşyjylary hasaba almak 4.1.1. Her bir bilim edarasy Olimpiada gatnaşjaklaryň tassyklanan sanawyny taýýarlaýar we guramaçylara iberýär. 4.1.2. Her bir okuw mekdebinden 30 adama çenli talyp we magistrant gatnaşyp biler. 4.1.3. Olimpiada başlamazdan öň her bir gatnaşyja Moodle platformasyna girmek üçin şahsy hasap maglumatlary berilýär. 4.1.4. Her bir gatnaşyjy tehniki birikmäni barlamaly we Olimpiadanyň geçiriljek tertibi bilen tanyşmalydyr. 4.2. Olimpiada iki tapgyrdan ybaratdyr: Birinji tapgyr – “Sanly tehnologiýalar we informatika”; Ikinji tapgyr – “Emeli aň we programmirleme”.          4.3. Islendik gatnaşyjynyň arza-şikaýat bilen ýüz tutmaga hukugy bardyr. Arza-şikaýat bilen diňe topara ýolbaşçylyk edýän mugallym eminler toparyna elektron poçta arkaly ýüz tutup biler.          4.4. Arza-şikaýatlar eminler topary tarapyndan seredilýär we ahyrky netijäni eminler toparynyň başlygy kesgitleýär hem-de bu gutarnykly netije üýtgedilmäge degişli däldir.   5. Olimpiadanyň ýeňijilerini kesgitlemegiň we sylaglamagyň tertibi   5.1. Şahsy bäsleşigiň ýeňijileri I, II we III derejeli diplomlar bilen sylaglanylýar. 5.2.   Ýeňijileriň umumy sany gatnaşyjylaryň 50%-den geçmeli däldir. Diplomlar 1:2:3 gatnaşykda bolmaly. 5.3. Toparlaýyn bäsleşikde I, II we III orunlary eýelän toparlar degişli derejeli diplomlar bilen sylaglanylýar. 5.4. Guramaçylyk toparynyň karary boýunça goşmaça ugurlar boýunça sylaglar döredilip bilner: “Birinji tapgyryň iň ýokary netijesi”; “Emeli aňdan peýdalanyp taýýarlanan iň gowy çözgüt”; “Iň çalt dogry çözgüt”; “Iň netijeli programma kody”. 5.5. Olimpiadanyň netijeleri Eminler toparynyň teswirnamasy bilen resmileşdirilýär we Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň rektorynyň buýrugy bilen tassyklanýar. 5.6. Ýeňijiler we Olimpiadanyň netijeleri baradaky maglumatlar uniwersitetiň we gatnaşyjy bilim edaralarynyň resmi maglumat serişdelerinde ýerleşdirilip bilner.            Habarlaşmak üçin tel.: 39-14-57 (el.tel.: +99365-62-59-33), 39-13-36 (el.tel.: +99365-67-51-31), 39-13-18 (el.tel.: +99364-02-25-21), 39-16-18 (el.tel.: +99361-99-98-99).   E-mail: hngu.olimp@gmail.com

Çagalar baglary
0 +

Çagalar baglary

Orta mekdepler
0 +

Orta mekdepler

Başlangyç hünär mekdepleri
0 +

Başlangyç hünär mekdepleri

Orta hünär mekdepleri
0 +

Orta hünär mekdepleri

Ýokary okuw mekdepleri
0 +

Ýokary okuw mekdepleri

Ýokary okuw mekdepleri

Ähli uniwersitetler

Halkara bilim web saýtlary

Elektron kitaphanalar

Elektron žurnallar