Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleriniň professor-mugallymlarynyň arasynda geçirilen «Ýylyň mugallymy» döwlet bäsleşiginiň netijeleri jemlendi. Bäsleşik ýokary bilim ulgamynda öňdebaryjy iş tejribesine eýe bolan, hünär ussatlygyny, ylmy-pedagogik işjeňligini we bilim ulgamynyň ösüşine goşýan goşandyny görkezen mugallymlary ýüze çykarmak maksady bilen geçirildi.
Bäsleşik Türkmenistanyň Prezidentiniň bilim ulgamynda amala aşyrýan özgertmelerini durmuşa geçirmek, ýokary hünär bilimini ösdürmek boýunça öňde goýlan wezipeleri ýerine ýetirmek, şeýle hem professor-mugallymlaryň halkara bilim giňişligindäki ornuny ýokarlandyrmak maksadyna gönükdirildi.
Ýeňijileri kesgitlemekde Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleriniň reýting bahalandyrma ulgamynda toplanan görkezijiler we sanly platformada awtomatiki hasaplanan netijeler esasy ölçeg hökmünde kabul edildi.
Bäsleşigiň baş baýragyna 505,52 bal bilen Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň Matematiki analiz kafedrasynyň müdiri, fizika-matematika ylymlarynyň kandidaty, uly mugallym Nurmuhammet Gurbanmämmedow mynasyp boldy. Ol «Ýylyň mugallymy» diýen ada eýe boldy.
Birinji orunlara Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň Okuw bölüminiň önümçilik tejribe okuwynyň ýolbaşçysy, uly mugallym Pirmyrat Geldimyradowiç Gurbanow (226,75 bal), Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň Rus diliniň nazaryýeti we amalyýeti kafedrasynyň mugallymy Maksat Kurbandurdyýewiç Bugraýew (160,82 bal) hem-de Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň Häzirki zaman kompýuter tehnologiýasy kafedrasynyň mugallymy Musa Serdarowiç Ýazymow (155,28 bal) mynasyp boldular.
Ikinji orunlary eýelän mugallymlaryň hatarynda:
Şiraly Gurbangeldiýewiç Baýekow — Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň Matematika we ony okatmagyň usulyýeti kafedrasynyň müdiriniň wezipesini ýerine ýetiriji, uly mugallym (149,05 bal);
Allamyrat Geldimyradowiç Amanmämmedow — Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň Nazary we eksperimental fizika kafedrasynyň mugallymy (143,72 bal);
Wepa Dädebaýewiç Sabyrow — Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň Fizika we elektrotehnika kafedrasynyň mugallymy (141,38 bal);
Maksat Meretmuhammedowiç Çüriýew — Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň Kiberhowpsuzlyk kafedrasynyň müdiriniň wezipesini ýerine ýetiriji, tehniki ylymlaryň kandidaty, uly mugallym (139,92 bal);
Ýolly Dowlyýewiç Myradow — Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň Awtomobil ýollarynyň gurluşygy kafedrasynyň müdiriniň wezipesini ýerine ýetiriji, tehniki ylymlaryň kandidaty, uly mugallym (128,98 bal) dagy bar.
Üçünji orunlara mynasyp bolan mugallymlar:
Ýagmyr Ahmedowiç Tulekow — Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň Organiki däl we analitiki himiýa kafedrasynyň mugallymy (123,77 bal);
Murat Berdiýewiç Çaşemow — Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň Kompýuter tehnologiýasy we ulgamlary kafedrasynyň mugallymy (119,50 bal);
Bibihajar Amanmämmedowna Kerimowa — Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň Energetika pudagynyň ykdysadyýeti kafedrasynyň mugallymy (108,33 bal);
Ahmet Myradowiç Penjiýew — Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň Önümçiligi awtomatlaşdyrmak kafedrasynyň dosenti, tehniki ylymlaryň doktory (99,65 bal);
Muhammetnur Abdylgapurowiç Ataýew — Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň Maglumat tehnologiýalary kafedrasynyň mugallymy (96,18 bal);
Ogulnabat Halykowna Saryýewa — Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň Umumy himiýa kafedrasynyň müdiriniň wezipesini ýerine ýetiriji, uly mugallym (90,26 bal);
Akmyrat Jumasähedowiç Ýagmyrow — Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň Ýokary matematika kafedrasynyň mugallymy (87,93 bal);
Aýbölek Merdanowna Perdäýewa — Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň Medisina ekologiýasy we gigiýena kafedrasynyň mugallymy (87,36 bal);
Yslam Arslanselimowiç Begençew — Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň Jemgyýeti öwreniş ylymlary kafedrasynyň mugallymy (84,40 bal);
Şaberdi Gylyçtaganow — Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika institutynyň Maglumat tehnologiýalarynyň programma üpjünçiligi kafedrasynyň müdiriniň wezipesini ýerine ýetiriji, mugallym (83,22 bal);
Han Döwranowiç Muhammetkuliýew — Türkmenistanyň Milli howpsuzlyk institutynyň uly mugallymy (81,35 bal).
Bäsleşigiň ýeňijileri we baýrakly orunlara mynasyp bolan professor-mugallymlar Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň degişli derejeli diplomlary bilen sylaglanar.
«Ýylyň mugallymy» döwlet bäsleşigi ýokary bilim ulgamynda mugallymlaryň hünär ussatlygyny, ylmy gözleglerini we döwrebap okatmak usullaryny ösdürmäge gönükdirilen möhüm çäreleriň biri bolup durýar.