Täzelikler
Bilim ulgamynyň iň soňky täzelikleri we resmi habarlary.
Türkmenistanyň Bilim ministri Daşkentdäki halkara forumda çykyş etdi
2026-njy ýylyň 28-nji oktýabrynda Daşkent şäherinde «Merkezi Aziýa — bilim, ylym we innowasiýalaryň täze giňişligi» atly halkara bilim forumy geçirildi. Çäräniň açylyşynda Türkmenistanyň Bilim ministri Jumamyrat Gurbangeldiýew gutlag sözi bilen çykyş etdi. Ministr öz çykyşynda forumy guraýjylara hoşallyk bildirip, sebitleýin hyzmatdaşlygyň möhümdigini belledi. Çykyşda döwlet Baştutanymyz Serdar Berdimuhamedowyň hem-de Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda bilim ulgamynda alnyp barylýan özgertmeler, şol sanda 2026–2052-nji ýyllar üçin ýokary bilimi ösdürmek Strategiýasy we täze kabul edilen döwlet maksatnamalary bellenip geçildi. Şeýle hem Gahryman Arkadagymyzyň halkara ylmy-bilim ýaşlar klasterlerini döretmek baradaky başlangyjyna aýratyn üns çekildi. Çykyşda Türkmenistan bilen Özbegistanyň arasyndaky strategik hyzmatdaşlyk, şol sanda «Awazada» gol çekilen täze ylalaşyklar, rektorlaryň forumlary we talyplaryň alyş-çalşygy ýaly möhüm ugurlar nygtaldy. Türkmenistanyň sebitde bilim we ylym gatnaşyklaryny mundan beýläk-de ösdürmäge taýýardygy tassyklanyldy. Türkmenistanyň Bilim ministrligi
Türkmenistanyň bilim ulgamynyň wekilleri Hytaýda geçirilen okuw maslahatyna gatnaşdylar
2026-njy ýylyň 12–26-njy oktýabry aralygynda Hytaý Halk Respublikasynyň Uhan we Şençžen şäherlerinde Türkmenistanyň döwlet edaralarynyň işgärleri üçin emeli aň we sanly ulgam boýunça ýöriteleşdirilen okuw maslahaty geçirildi. Okuw maslahatyna Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň Innowasiýa maglumat merkeziniň hünärmenleri we ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň wekilleri gatnaşdylar. Çäräniň dowamynda Hytaýyň bilim ulgamynyň ösüşi, sanlylaşdyrma, emeli aň, innowasion tehnologiýalar, sanly ykdysadyýet hem-de halkara hyzmatdaşlygy boýunça temalaýyn okuw sapaklary we tanyşdyryş çäreleri geçirildi. Şeýle hem gatnaşyjylar Alibaba kompaniýasynyň iş tejribesi bilen tanyşdylar. Okuw maslahaty Hytaýyň öňdebaryjy sanly tehnologiýalary we innowasion çözgütleri boýunça tejribe alyşmaga, alnan bilimleri Türkmenistanyň bilim ulgamynda, ylmy-barlag işlerinde we ýokary okuw mekdepleriniň sanlylaşdyrylmagynda peýdalanmagyň mümkinçiliklerini öwrenmäge şert döretdi. Okuw maslahatynyň netijeleri bilim ulgamynda halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmekde, hünärmenleriň hünär derejesini ýokarlandyrmakda we häzirki zaman tehnologiýalaryny ornaşdyrmakda möhüm ähmiýete eýe boldy. Türkmenistanyň Bilim ministrligi
Türkmenistanyň Bilim ministri Daşkentde geçirilen Merkezi Aziýa ýurtlarynyň bilim ministrleriniň «Tegelek stolunda» çykyş etdi
2026-njy ýylyň 28-nji oktýabrynda Özbegistan Respublikasynyň Daşkent şäherinde «Merkezi Aziýanyň bitewi bilim giňişligini ösdürmek we halkara hyzmatdaşlyk» mowzugynda sebitiň döwletleriniň bilim ministrleriniň gatnaşmagynda «Tegelek stoly» geçirildi. Maslahatyň işine Türkmenistanyň Bilim ministri Jumamyrat Gurbangeldiýew gatnaşyp, giňişleýin çykyş etdi. Ministr öz çykyşynda dostlukly we hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryna daýanýan Merkezi Aziýa döwletleriniň arasynda bilim hem-de ylym ulgamyndaky hyzmatdaşlygy pugtalandyrmagyň aýratyn möhümdigini nygtady. Bellenilişi ýaly, ýaş nesle döwrebap bilim bermek, olary milli gymmatlyklar esasynda terbiýelemek we sebitiň ykdysady ösüşi üçin ýokary hünärli hünärmenleri taýýarlamak umumy maksat bolup durýar. Çykyşda Türkmenistanda Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň hemaýat bermeginde hem-de Türkmen Halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyçlary esasynda bilim ulgamyny kämilleşdirmek boýunça amala aşyrylýan giň gerimli özgertmeler beýan edildi. Hususan-da: Şeýle hem sanly ulgama geçmek boýunça gazanylan üstünlikler, şol sanda «Elektron mekdep», «Elektron talyp» ulgamlary, 11 pudagy we 156 sany täze hünäri öz içine alýan «Geljekki hünärleriň atlasy», BMG-niň Ösüş Maksatnamasy bilen bilelikde adam maýasyny strategik meýilleşdirmegiň taslamasynyň taýýarlanylýandygy mälim edildi. Sebitleýin hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek boýunça Türkmenistan birnäçe möhüm başlangyçlary öňe sürdi: Türkmenistanyň Bilim ministri ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplyk, deňhukuklylyk we özara hormat goýmak ýörelgelerine esaslanyp, Merkezi Aziýa döwletleri bilen bilim diplomatiýasyny mundan beýläk-de işjeň ösdürmäge taýýardygyny tassyklady. Türkmenistanyň Bilim ministrligi
Türkmenistanyň Bilim ministri Ürgenç döwlet uniwersitetine bardy
Şu gün Ürgenç döwlet uniwersitetinde Türkmenistanyň Bilim ministri Jumamyrat Gurbangeldiýew bilen uniwersitetiň rektory Feruza Madrähimowanyň arasynda resmi duşuşyk geçirildi. Ýyly we dostlukly ýagdaýda geçen duşuşygyň dowamynda Özbegistan bilen Türkmenistanyň arasyndaky taryhy dostluk, doganlyk we hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklary aýratyn bellenildi. Şeýle hem ýokary bilim we ylym ulgamlarynda hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmegiň geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy. Uniwersitetiň rektory Feruza Madrähimowa ýokary okuw mekdebiniň daşary ýurtly talyplary, şol sanda Türkmenistanyň ýaşlaryny hem uniwersitetde okamaga çekmäge, olar üçin amatly şertleri döretmäge, Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleri bilen ylmy we akademiki gatnaşyklary giňeltmäge, şeýle hem bilelikdäki başlangyçlary we taslamalary durmuşa geçirmäge taýýardygyny beýan etdi. Mundan başga-da, Ürgenç döwlet uniwersitetiniň talyplarynyň her ýyl Türkmenistanda geçirilýän halkara ders olimpiadalaryna işjeň gatnaşýandyklary bellenildi. Taraplar hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de giňeltmek, iki ýurduň alymlarynyň we talyplarynyň halkara ylmy maslahatlara, forumlara hem-de akademiki çärelere özara gatnaşygyny işjeňleşdirmek barada pikir alyşdylar. Türkmenistanyň Bilim ministrligi
Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetinde sport çäreleri geçirildi
Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetinde 2026-njy ýylyň 23-nji oktýabrynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany” ýylynda Hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzda köpçülikleýin bedenterbiýäni we sporty ösdürmek baradaky görkezmelerinden ugur alyp, sagdyn durmuş ýörelgelerini talyp ýaşlarynyň gündelik durmuşyna ornaşdyrmak, olary berk bedenli, hemmetaraplaýyn sazlaşykly ösen, kämil şahsyýet edip kemala getirmek maksady bilen talyp ýaşlaryň gatnaşmagynda sportuň dürli görnüşleri boýunça köp sanly çekeleşikli bäsleşikler, gyzykly ýaryşlar we ýokary derejede sport çäreleri geçirildi. Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersiteti
Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň ilkinji zenanlar guramasynyň başlygy hem-de Talyplar saglyk öýüniň lukmanlary bilen bilelikde “Il saglygy – ýurt baýlygy” atly wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi
Halkymyzyň we her bir raýatynyň saglygy baradaky alada Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýar. Ýurdumyzda ilatyň saglygyny goramak hem-de berkitmek, jemgyýetimizde sagdyn durmuş ýörelgelerini berkarar etmek ugrunda belent sepgitlere ýetdi we uly üstünlikler gazanyldy. Gahryman Arkadagymyz “Adamyň saglygy – bu şahsy baýlygy, halkyň saglygy – bu döwletiň baýlygy” diýip belleýär. Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzda ynsan saglygyny berkitmek üçin zerur çäreleriň durmuşa geçirmegi üçin ähli şertler döredýär. Hassahanalaryň, Halkara Merkezleriň açylyp ulanmaga berilmegi muňa aýdyň subutnama bolup durýar. Ýöne saglygy gorap saklamak babatynda her bir adamyň öz şahsy jogapkärçiliginiň bardygyny asla unutmaly däldir. Garaşsyz Watanymyzy ösüşiň täze belentliklerine alyp barýan, sagdyn jemgyýeti kemala getirmekde durmuşa geçirilýän toplumlaýyn işleri üçin Hormatly Prezidentimiziň adyna hoşallyk sözlerini beýan etdiler. Hormatly Prezidentimiziň ýaşlara edýän ynamyny ödemegi, gowy okamagy, ezber hünärmenler bolup, gelejekde ýurdumyzy ösdürjek ýaşlar bolup ýetişmeklerini arzuw etdiler we ýaşlaryň sagdyn ruhly, berk bedenli we ylymly-bilimli bolmaklary üçin edýän aladalaryna talyplaryň adyndan sag bolsun aýtdylar. Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersiteti
Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň ýaş alymlary Belarus Respublikasynda geçirilen halkara ylmy foruma gatnaşdylar
Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň ýaş alymlary 2026-njy ýylyň 13-15-nji oktýabry aralygynda Belarus Respublikasynyň paýtagty Minsk şäherinde geçirilen «Ýaşlar ylymda – 2026» atly halkara ylmy foruma gatnaşdylar. Belarus Milli Ylymlar Akademiýasynyň guramagynda geçirilýän bu giň gerimli çäre ýaş alymlara öz innowasion gözleglerini, ylmy netijelerini halkara derejesinde görkezmäge, lukmançlykyda emeli añy täsirli ulanmaga täze tejribeleri alyşmaga hem-de özara hyzmatdaşlygy giňeltmäge giň mümkinçilik döretdi. Ýaş alymlarymyzyň lukmançylygyň möhüm ugurlary, hususan-da, lukmançylyk biliminde we bejeriş işinde emeli aňy peýdalanmak hem-de döwrebap ylmy gözlegleriň netijeleri boýunça çykyşlary gatnaşyjylarda uly gyzyklanma döretdi. Saparyň çäklerinde tejribe alyşyldy we geljekki özara bähbitli hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça pikir alşyldy. Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersiteti
Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň wekiliýeti Hytaý Halk Respublikasynda geçirilen Bütindünýä maslahata hem-de bilim forumyna gatnaşdylar
Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň wekiliýeti 2026-njy ýylyň 17-26-njy oktýabry aralygynda Hytaý Halk Respublikasynyň Pekin şäherinde geçirilen Pekin hytaý lukmançylygy uniwersitetiniň 70 ýyllygy mynasybetli guralan “2026-njy ýyl – Adaty lukmançylyk boýunça Bütindünýä maslahatyna” hem-de Adaty lukmançylyk boýunça bilim forumyna gatnaşdylar. Maslahatyň hem-de bilim forumynyň işine dünýäniň öňdebaryjy uniwersitetleriniň we ylmy merkezleriniň wekilleri gatnaşyp, adaty lukmançylygy häzirki zaman lukmançylygy bilen utgaşdyrmak, sanly emeli aň tehnologiýalaryny ornaşdyrmak meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar. Forumyň dowamynda uniwersitetleriň arasynda Gahryman Arkadagymyzyň başlangyçlary bilen badalga berlen we 10 ýyldan gowrak wagt bäri üstünlikli dowam edýän ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň netijeleri, uniwersitetimizde hytaý lukmançylygyny okatmak boýunça ýörite okuw otagynyň işi barada giňişleýin maglumat berildi. Saparyň çäklerinde Pekin hytaý lukmançylygy uniwersitetiniň 70 ýyllyk dabaralaryna gatnaşyldy, uniwersitetiň rektory hem-de Halkara hyzmatdaşlyk bölüminiň hünärmenleri bilen resmi duşuşyklar geçirildi. Duşuşyklarda hünärmenleri we talyplary taýýarlamak, okuw maksatnamalaryny kämilleşdirmek hem-de bilelikdäki ylmy-barlag işlerini geçirmek boýunça özara ylalaşyklar gazanyldy. Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersiteti
Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetinde ylmy-amaly maslahat geçirildi
2026-njy ýylyň 23-nji oktýabrynda Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetinde Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany” ýylynda professor-mugallymlaryň we talyplaryň gatnaşmagynda “Sebitde hyzmatdaşlygyň we ynanyşmagyň möhüm ugurlary – nesilleriň abadançylygynyň bähbidine” atly ylmy-amaly maslahat geçirildi. Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersiteti
Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetinde onlaýn brifing duşuşygy geçirildi
2026-njy ýylyň 15-nji oktýabrynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany” ýylynda Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetinde Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň Arkadag şäheriniň Ruhyýet köşgünde ýurdumyzyň parahatçylyk söýüjilikli daşary syýasatyna, ýaşlaryň döwletiň, jemgyýetiň, ata-enäniň we maşgalanyň özündäki mukaddes borçlaryna bagyşlanan umumy okuw sapagynyň taryhy ähmiýetine bagyşlanan onlaýn brifing duşuşygy geçirildi. Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersiteti
Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetinde wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi
026-njy ýylyň 13-nji oktýabrynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany” ýylynda Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetinde professor-mugallymlaryň we talyplaryň gatnaşmagynda «Türkmenistanda ýaşlar barada döwlet syýasatynyň 2031-nji ýyla çenli Döwlet maksatnamasyny» we ony amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň Meýilnamasyndan gelip çykýan wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmek maksady bilen wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi. Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersiteti
Türkmenistanyň bilim ulgamynyň wekiliýeti Portugaliýada inklýuziw bilimiň öňdebaryjy tejribesini öwrendi
Türkmenistanyň bilim ulgamynyň wekilleri Portugaliýa Respublikasynyň Lissabon şäherine amala aşyran tanyşlyk saparyny üstünlikli tamamlady. BMG-niň Çagalar gaznasynyň (ÝUNISEF) guramagynda geçirilen inklýuziw bilim we maýyplygy bar bolan adamlary, şol sanda saglyk mümkinçilikleri çäkli çagalary goldamaklygyň integrirlenen ulgamy boýunça halkara tejribäni öwrenmäge gönükdirildi. Portugaliýa maýyplygy bolan adamlar, şol sanda çagalar üçin adam hukuklaryna esaslanýan hemmeteraplaýyn inklýuziw gurşawly, döwrebaplaşdyrylan bilim ulgamly, bu babatda öňdebaryjy tejribeli ýurt hökmünde giňden tanalyp, ýurduň inklýuziw bilim ulgamy halkara etalon hasaplanylýar. Portugaliýa döwletine tanyşlyk saparynyň dowamynda türkmen hünärmenleri inklýuziw bilim we maýyplygy bar bolan adamlary goldamaklygyň integrirlenen inklýuziw gurşawy babatda ýurtda toplanan oňyn tejribeler, amaly çemeleşmeler hem-de utgaşdyrylan hyzmatlar ulgamy bilen ýakyndan tanyşdylar. Bilim ulgamynyň wekilleri Lissabon şäherinde hereket edýän bilim ulgamynyň dürli basgançaklaryna degişli öňdebaryjy bilim edaralaryna, maýyplygy bolan adamlara utgaşdyrylan hyzmatlary hödürleýän ýöriteleşdirilen okuw merkezlerine baryp gördüler. Saparyň dowamynda multidissiplinar toparlaryň (pedagoglar, psihologlar, logopedler) işini guramak, aýratyn bilim zerurlyklary bolan çagalar üçin endikleri hem-de başarnyklary ösdürmäge niýetlenen özbaşdak okuw meýilnamalaryny taýýarlamak we bilim edaralarynyň fiziki gurşawyny çagalara uýgunlaşdyrmak ýaly möhüm ugurlar boýunça giňişleýin tejribe alşyldy. Synp otaglarynda multidissiplinar goldawyň guralyşy we munuň çagalaryň durmuşa uýgunlaşmagyndaky amaly täsiri aýratyn synlandy, şunuň bilen birlikde, ýurdumyzda adam hukuklaryna we çagalaryň bähbitlerine esaslanýan çemeleşmeleri goldanyp, halkara hukuk borçnamalaryna esaslanýan milli kanunçylyk namalarymyza laýyklykda, bilim ulgamynda deňligi, her bir çaganyň elýeterli, adalatly we ýokary hilli bilim almagyny üpjün etmek boýunça durmuşa geçirilýän özgertmeler, amala aşyrylýan köptaraplaýyn ulgamlaýyn işler barada pikir alşyldy. Portugaliýa döwletine amala aşyrylan bu tanyşlyk sapary ýurdumyzda inklýuziw bilimi ösdürmekde, bu babatda pedagogik usulyýetleri kämilleşdirmekde, dürli ulgamlaryň sazlaşykly hereketiniň netijesinde saglyk mümkinçilikleri çäkli çagalar üçin niýetlenen döwrebap hyzmatlaryň giň toplumyny döretmekde, mekdebe çenli we umumybilim berýän mekdeplerde inklýuziw gurşawy has-da güýçlendirmekde möhüm amaly binýat bolar. Milli bilim ulgamyny düýpli döwrebaplaşdyrmak, ýaş nesliň dünýä ülňülerine laýyk gelýän şertlerde bilim almagyny üpjün etmek, her bir çaganyň deňhukukly ösüşine goldaw bermek ugrundaky yzygiderli tagallalary, bilim babatda halkara hyzmatdaşlygy ösdürmekde, oňyn öňdebaryjy tejribeleri bilim ulgamyna ornaşdyrmakda, ýokary hilli bilimi üpjün etmekde bilim ulgamynda ýetilýän sepgitleri dünýä ýaýmakda döredip berýän giň mümkinçilikleri üçin ýurdumyzyň bilim ulgamynyň wekilleri Türkmen halkynyň Milli Lideri, Gahryman Arkadagymyza we hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowa tüýs ýürekden çuňňur hoşallyk bildirýärler. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň hem-de Gahryman Arkadagymyzyň janlary sag, ömürleri uzak, belent başlary aman bolsun, tutumly işleri hemişe rowaçlyklara beslensin! Türkmenistanyň Bilim ministrligi
Dabaraly maslahat geçirildi
2026-njy ýylyň 27-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynda Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň hem-de Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Mary Welaýat komitetiniň bilelikde guramagynda «Garaşsyz baky Bitarap Türkmenistan – Bedew batly at-myradyň mekany» ýylyna bagyşlanan «Garaşsyz baky Bitarap Türkmenistanyň şan-şöhraty dünýä ýaýylýar» atly dabaraly maslahat geçirildi. Dabaraly maslahatyň dowamynda Türkmenistanyň döwlet Garaşsyzlygynyň ähmiýeti, hemişelik Bitaraplyk hukuk derejesiniň halkara derejesinde ykrar edilmegi, ýurdumyzyň dünýä ýüzündäki abraýynyň barha belende galmagy hem-de türkmen halkynyň gazanýan üstünlikleri barada giňişleýin gürrüň edildi.Çykyşlarda Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň ähli ugurlarda gazanýan üstünlikleri, halkymyzyň bagtyýar durmuşda ýaşamagy ugrunda durmuşa geçirilýän giň gerimli işler, ýaş nesli watançylyk ruhunda terbiýelemek hem-de milli gymmatlyklarymyzy gorap saklamak meselelerine aýratyn üns berildi. Maslahatyň dowamynda talyp ýaşlara ýurdumyzyň parahatçylyk söýüjilikli daşary syýasaty, halkara hyzmatdaşlygy ösdürmekde gazanylýan netijeler, şeýle hem Türkmenistanyň dünýä jemgyýetçiligindäki ornunyň barha pugtalanmagy barada giňişleýin düşündirişler berildi. Maslahatyň ahyrynda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy, Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza tüýs ýürekden hoşallyk sözleri aýdyldy hem-de ýurdumyzda parahatçylygyň, agzybirligiň we bagtyýar durmuşynyň mundan beýläk-de rowaç bolmagy arzuw edildi. Şeýle-de, Hormatly Prezidentimize we Gahryman Arkadagymyza berk jan saglyk, uzak ömür, alyp barýan döwletli işlerinde uly üstünlikler arzuw edildi. Türkmenistanyň Döwlet energetika instituty
ÝURDUMYZYŇ BILIM IŞGÄRLERINIŇ USULY-AMALY DÖWLET MASLAHATY GEÇIRILDI
2026-njy ýylyň 24-nji oktýabrynda ‒ mekdep okuwçylarynyň güýzki dynç alyş günlerinde Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň, Türkmenistanyň Milli bilim institutynyň, Lebap welaýat Baş bilim müdirliginiň guramaklarynda ýurdumyzyň bilim işgärleriniň «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe milli bilim ulgamynda halypa-şägirt gatnaşyklarynyň guralyşyny kämilleşdirmegiň wezipeleri» atly usuly-amaly döwlet maslahaty geçirildi. Usuly-amaly döwlet maslahata ýurdumyzyň bilim işgärleriniň 300-e golaýy gatnaşmaga isleg bildirdiler. Olar bilim edaralarynda – umumybilim berýän orta mekdeplerde, orta we ýokary hünär okuw mekdeplerinde, çagalar üçin mekdepden daşary goşmaça bilim edaralarynda zähmet çekýän pedagogik işgärlerdir. Usuly-amaly döwlet maslahatynyň açylyş dabarasy we umumy mejlisi Lebap welaýatynyň Saýat etrabynyň 41-nji orta mekdebiniň döwrebap binasynyň mejlisler otagynda bolup geçdi. Onda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz tarapyndan başy başlanan hem-de Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň täze başlangyçlary netijesinde Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimizde milli bilim ulgamyny döwrebaplaşdyrmak, täze we döwrebap bilim edaralaryny gurup, ulanmaga bermek, bilim ulgamynyň ylmy-usulyýet üpjünçiligini kämilleşdirmek, halypaçylyk işini ösdürmek, dünýä döwletleri bilen syýasy, ykdysady, medeni ylym-bilim we beýleki ugurlarda hyzmatdaşlygy giň gerimli ösdürmek, bilim işgärleri üçin döredilýän ýokary amatlyklar babatynda durmuşa geçirilýän tutumly işler barada buýsançly söhbetler edildi. Türkmenistanyň hormatly Prezidenti Serdar Berdimuhamedow «Ýaşlar ‒ Watanyň daýanjy» atly nusgalyk kitabynda: «Mugallymlarymyzyň döredijilikli zähmeti biziň bilim ulgamynda amala aşyrýan üstünliklerimiziň gözbaşydyr. Berkarar döwletimiziň bilim ulgamyny ýokary depginler bilen ösdürmekde, giň dünýägaraýyşly, ylymly-bilimli, häzirki zamanyň ösen tehnologiýalaryndan oňat baş çykarýan, watansöýüji nesli terbiýelemekde, agzybirligimizi we jebisligimizi has-da pugtalandyrmakda mugallymlaryň, bilim işgärleriniň aýratyn hyzmaty bardyr» diýip, pedagogik işgärleriň nesil terbiýesinde alyp barýan işlerine ýokary baha berýär. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň bu sözleri bilim işgärlerini täze döredijilik gözleglerine, ýokary netijeli zähmete ruhlandyrýar. Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan ‒ bedew batly at-myradyň mekany» atly şygar bilen geçýän şu ýylyň 2-nji sentýabrynda Arkadag şäheriniň Ruhyýet köşgünde geçen umumy okuw sapagynda eden çykyşynda: «Mugallym okuwçylaryň durmuşynda yz galdyrýan halypadyr. Şoňa görä-de, mugallym hemişe öz bilimini artdyrmaga çalyşmalydyr. Döwrüň talaplaryna laýyk täze usullary öwrenip, hünär derejesini kämilleşdirmelidir» diýen gymmatly maslahatlary we sargytlary ýurdumyzyň bilim işgärleriniň nesil terbiýesindäki jogapkärçiligini has-da ýokarlandyrýar. Usuly-amaly döwlet maslahatynyň umumy mejlisinde edilen çykyşlarda Türkmenistanyň Prezidentiniň 2024-nji ýylyň 25-nji maýynda gol çeken Karary bilen tassyklanan «Türkmenistanda umumybilim maksatnamalary boýunça okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmegiň 2028-nji ýyla çenli Konsepsiýasyna» laýyklykda, türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň 2026-njy ýylyň 2-nji sentýabrynda Arkadag şäheriniň Ruhyýet köşgünde geçen umumy okuw sapagynda eden taryhy çykyşyndan halypaçylyk işini kämilleşdirmek boýunça gelip çykýan wezipeler, türkmen jemgiýetinde halypa-şägirt gatnaşyklarynyň taryhy kökleri we häzirki zaman ýörelgeleri, milli bilim ulgamynda ýaş pedagoglar bilen halypa-şägirtlik gatnaşyklaryny kämilleşdirmekde pedagogyň hünär medeniýetiň orny we ähmiýeti, Gahryman Arkadagymyzyň «Älem içre at gezer» atly nusgalyk romanynda halypa mugallym Berdimuhammet Annaýewiň ýalkymly keşbi, bilim edaralarynda halypa-şägirt gatnaşyklaryny guramagyň usulyýeti we ýörelgeleri hem-de bu möhüm ugurda halkara hyzmatdaşlygyň we innowasion tehnologiýalaryň orny, mugallymçylyk işinde halypa-şägirt gatnaşyklaryny guramakda toplanylan öňdebaryjy tejribeler, umumybilim edaralarynda halypa pedagoglaryň halypa-şägirt gatnaşyklaryndaky orny we hyzmatlary, umumybilim edaralarynyň mugallymlarynyň we mekdebe çenli çagalar edaralarynyň terbiýeçileriniň «Öz-özüňi kämilleşdirmek» depderini ýöretmekleriniň ylmy-usulyýet aýratynlyklary, mekdebe çenli bilimden başlangyç bilime geçiş döwrüniň pedagogik-psihologik esaslary we onda halypa-şägirtlik gatnaşyklarynyň orny barada täsirli söhbetler edildi. Usuly-amaly döwlet maslahatyň umumy mejlisi tamamlanandan soňra, onuň işi aşakdaky dört bölümde dowam etdirildi: 1. Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň, Türkmenistanyň hormatly Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň nusgalyk kitaplarynda bilim-ylym ulgamynda halypa-şägirt gatnaşyklarynyň ornunyň we ähmiýetiniň beýany. 2. Mekdebe çenli çagalar edaralarynda ýaş terbiýeçiler hem-de başlangyç synplarda täze işe başlan mugallymlar bilen halypa-şägirt gatnaşyklarynyň guralyşy. 3. Umumy orta bilim berýän mekdeplerde halypa-şägirt gatnaşyklarynyň guralyşynyň usulyýet aýratynlyklary. 4. Ýokary we orta hünär okuw mekdeplerinde halypaçylyk işiniň guralyşynyň usulyýet aýratynlyklary. Usuly-amaly döwlet maslahatynyň «Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň, Türkmenistanyň hormatly Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň nusgalyk kitaplarynda bilim-ylym ulgamynda halypa-şägirt gatnaşyklarynyň ornunyň we ähmiýetiniň beýany» atly birinji bölüminde Gahryman Arkadagymyzyň nusgalyk edebi eserlerinde halypa-şägirt ýörelgesiniň çeper beýany, türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň, Türkmenistanyň hormatly Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň nusgalyk kitaplaryny ýol görkeziji çeşme hökmünde bilim-ylym ulgamynda halypa-şägirt gatnaşyklaryny berkitmekde peýdalanmagyň usullary we usulyýet tärleri, Gahryman Arkadagymyzyň «Hakyda göwheri» atly kitabyndaky tebigat baradaky maglumatlary halkara bilim maksatnamalarynyň (PISA, TIMSS, PIRLS) görkezijilerine laýyklykda, okuwçylaryň tebigy bilimler babatdaky sowatlylygyny kämilleşdirmekde peýdalanylyşy, alym Arkadagymyzyň “Älem içre at gezer” romanynda hünär we miras öwrenmekde halypa sarpasy, ilhalar ynsan, halypa mugallym Berdimuhamet Annaýewiň pedagogik garaýyşlarynyň terbiýeçilik ähmiýeti barada gyzykly çykyşlar edildi. «Mekdebe çenli çagalar edaralarynda ýaş terbiýeçiler hem-de başlangyç synplarda täze işe başlan mugallymlar bilen halypa-şägirt gatnaşyklarynyň guralyşy» atly ikinji bölümde çykyş eden pedagogik işgärler öz çykyşlarynda mekdebe çenli çagalar edaralarynda halypa-şägirt gatnaşyklarynyň terbiýeçileriň hünär ussatlygyny ösdürmekdäki orny, mugallymçylyk orta hünär okuw mekdeplerinde ýaş terbiýeçiler bilen halypaçylyk işiniň guralyşy we olary kämilleşdirmegiň usullary, Türkmenistanyň Bilim ministrligi tarapyndan tassyklanan «Bilim edaralarynda halypaçylyk işini guramagyň Gözükdirijisine» laýyklykda, mekdebe çenli çagalar edaralarynda halypa-şägirt gatnaşyklarynyň guralysynyň öňdebaryjy iş tejribesi, umumy orta bilim berýän mekdeplerde ýaş başlangyç synp mugallymlary bilen halypaçylyk işini guramagyň öňdebaryjy tejribesi, mekdepde tebigy ugurly ders mugallymlarynyň hünär derejesini ýokarlandyrmakda we pedagogik ussatlygyny kämilleşdirmekde halypa-şägirt gatnaşyklaryny ösdürmegiň ýollary, çagalar bakja-bagynda halypaçylyk işini kämilleşdirmekde okuw-usuly gollanmalaryň we milli halk döredijiliginiň orny, ýaş mugallymlary durmuşa taýýarlamakda halypa mugallymlaryň durmuş ýoluny we mugallymçylyk tejribesini beýan etmegiň usullary, mekdebe çenli terbiýede we başlangyç bilimde halypa-şägirt gatnaşyklaryny guramagyň derwaýys wezipeleri hem-de olary kämilleşdirmegiň ýollary barada nygtap bellediler. Usuly-amaly döwlet maslahatynyň «Umumy orta bilim berýän mekdeplerde halypa-şägirt gatnaşyklarynyň guralyşynyň usulyýet aýratynlyklary» diýen üçünji bölüminde çykyş eden bilim işgärleri Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe milli bilim ulgamynda halypa-şägirt gatnaşyklaryny guramagyň we kämilleşdirmegiň möhüm wezipeleri, bilim ulgamynda halypa-şägirt gatnaşyklarynyň ösmeginde maşgalanyň orny, mugallym, watançy esger, ilhalar ynsan Berdimuhamet Annaýewiň pedagogik mirasynda halypa-şägirt gatnaşyklary, umumy bilim berýän orta mekdeplerde halypaçylyk işiniň guralyşy we kämilleşdirilişi, orta mekdeplerde ýaş mugallymlar bilen halypaçylyk işini guramagyň öňdebaryjy tejribesi, ýaş pedagogyň bilim edaralarynda hünärine girişmegini öwretmekde halypanyň orny, mekdepde pedagogik işgärleriň hünär derejesini ýokarlandyrmagyň we mugallymçylyk ussatlygyny kämilleşdirmegiň derwaýys wezipeleri: milli tejribe, innowasion ösüş boýunça işleriň guralyşy, ýaş hünärmenler bilen halypa-şägirt gatnaşyklarynda «Kämilligiň çägi ýok» diýen temada çekişmeleri gurmagyň ähmiýeti, mugallymçylyk kärine söýgi döreden halypanyň orny, wezipä täze bellenen mekdep ýolbaşçylary bilen halypaçylyk işini guramagyň milli we halkara tejribesi, umumybilim berýän orta mekdeplerde halypa-şägirt gatnaşyklaryny talabalaýyk ýola goýmakda mekdep usuly birleşmeleriň öňünde durýan wezipeler, okatmagyň hilini we netijeliligini ýokarlandyrmakda halypa-şägirt gatnaşyklaryny guramagyň netijeli usullary, orta mekdeplerde hünär ugurly okuwlar guralanda halypaçylyk işiniň ýola goýluşy, türkmen halk nakyllarynyň we atalar söziniň mysalynda halypa-şägirt gatnaşyklaryny kämilleşdirmegiň ýollary hakynda gyzykly söhbetleri etdiler. «Ýokary we orta hünär okuw mekdeplerinde halypaçylyk işiniň guralyşynyň usulyýet aýratynlyklary» atly dördünji bölümde çykyş eden pedagogik işgärler bolsa mugallymyň hünär-mugallymçylyk ussatlygyny kämilleşdirmegiň esasy ýollary we şertleri, ýaş pedagoglaryň hünär taýdan kemala gelmeginde halypaçylyk goldawynyň netijeliligi we oňa döwrebap çemeleşmeler, türkmen etnopedagogikasynda halypa-şägirt gatnaşyklarynyň ahlak-etiki ýörelgeleri, bilim ulgamynda halypa-şägirt gatnaşyklarynyň netijeliligini ýokarlandyrmakda mugallymyň hünär etikasynyň orny, öwreniji mugallymlaryň hünär taýdan kemala gelmeginde halypa-şägirtlik gatnaşyklarynyň pedagogik ähmiýeti, ýaş hünärmenlerde ussat halypalaryň çeken asylly zähmetine, geçen durmuş ýoluna hormaty we söýgini döretmegiň ýollary, pedagogik nazaryýetde we tejribede halypaçylygyň tutýan orny, halypa-şägirt gatnaşyklarynda emosional goldawyň psihologik ähmiýeti, pedagogik işgärleriň hünär ussatlygyny ýokarlandyrmakdaky halypa-şägirt gatnaşyklarynyň psihologik düzüjileri, ussat halypalaryň baý iş tejribesini ylmy-usulyýet esasda öwrenmegiň hem-de okuw-terbiýeçilik işlerine ornaşdyrmagyň zerurlygy, halypa pedagoglaryň döredijilik mirasyndaky öwüt-ündewler we olaryň döwrebaplygy, pedagogik işgärleriň hünär derejesini kämilleşdirmekde halypa-şägirt gatnaşyklarynyň derwaýys wezipelerinde innowasion usulyýetleri özleşdirmek, mugallymyň hünär derejesini ýokarlandyrmakda «Scaffold» guralyndan peýdalanmagyň netijeli ýollary barada gyzykly çykyşlary etdiler, özara pikir we tejribe alyşdylar. Usuly-amaly döwlet maslahatyna gatnaşan bilim işgärleri Lebap welaýatynyň öňdebaryjy bilim işgärleriniň halypaçylyk işi boýunça taýýarlan işleriniň, okuw-görkezme esbaplarynyň hem-de zehinli mekdep okuwçylarynyň döredijilik işleriniň sergisini synladylar, öz kärdeşleri bilen pikir alyşdylar. Şeýle hem, usuly-amaly döwlet maslahatyna gatnaşyjylar Saýat etrabynyň Haýyt Borjakow adyndaky 23-nji orta mekdebinde bolup, bu bilim ojagynda halypa-şägirt gatnaşyklarynyň guralyşynyň iş tejribesi bilen ýakyndan tanyşdylar. Eneden doglanyna şu ýylyň güýzünde 100 dolan halk mugallymy, ussat halypa, başarjaň guramaçy H.Borjakowyň mekdepde döredilen mugallymçylyk mirasynyň muzeýinde hem bolup, ondaky sergilikleri synladylar. Ussat halypanyň ömür ýoluna we baý mugallymçylyk mirasyna degişli gymmatly resminamalary, golýazmalary, fotosuratlary synladylar. Usuly-amaly döwlet maslahatyna gatnaşyjylar türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň «Hakyda göwheri» atly nusgalyk kitabynda beýan eden: «Öwrenmek, bilmek durmuşyň bütin dowamynda saňa örän gerek. Sen näçe okumyş, erjel hem bolsaň, her bir ugruň hem öz tapylgysyz ussatlarynyň bardygyny unutma! Olara hut şonuň üçin hem sarpa goýmagy başar. Sebäbi her bir işde ussatlyga ýetmek, uçursyz uly zehiniň we yhlasyň, ukybyň miwesidir» diýen gymmatly sargytlaryna we maslahatlaryna eýerip, geljekde hem bilim edaralarynda halypaçylyk işini has-da kämilleşdirmek babatynda halal we döredijilikli zähmet çekmegiň zerurdygyny aýratyn nygtap bellediler. Usuly-amaly döwlet maslahatyna gatnaşan pedagogik işgärler ýürek sözlerini we alkyşlaryny beýan edip, öz çykyşlarynda ýurdumyzyň bilim ulgamyny häzirki döwrüň talaplaryna laýyklykda döwrebap ösdürmekde, halypaçylyk işini döwrümiziň ýokary talaplaryna laýyk derejede kämilleşdirmekde döredip berýän ýokary şertleri üçin hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza, türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyza köp sagbolsun aýdyp, uzak ýaş, berk jan saglyk, il-ýurt bähbitli we döwlet ähmiýetli işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdiler. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ösüp gelýän ýaş nesle ýokary hilli döwrebap bilim-terbiýe bermekde milli bilim ulgamynda halypa-şägirtlik ýörelgesini has-da kämilleşdirmekde, türkmen jemgyýetinde mugallymyň we mugallymçylyk käriniň abraý-mertebesini ýokarlandyrmakda mundan beýläk-de tutanýerlilik bilen, yhlasly we döredijilikli zähmet çekjekdiklerine ynandyrdylar. Sapargeldi Durdyýew, Türkmenistanyň Milli bilim institutynyň bilim işgärleriniň hünärini kämilleşdiriş bölüminiň müdiri biologiýa ylymlarynyň doktory, dosent
Türkmenistanyň wekiliýeti Bakuda geçirilýän VII Bütindünýä medeniýetara dialog forumyna gatnaşýar
2026-njy ýylyň 27-nji oktýabrynda Baku şäherinde VII Bütindünýä medeniýetara dialog forumy geçirilýär. Onuň işine Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň we Medeniýet ministrliginiň wekillerinden ybarat türkmen wekiliýeti gatnaşýar. Forumyň maksatnamasynda «Gülüstan» köşgünde açylyş dabarasynyň, şeýle hem halkara guramalaryň üçünji ýokary derejeli duşuşygynyň we Baku prosesiniň çäklerindäki altynjy ministrler duşuşygynyň ýörite bilelikdäki mejlisiniň geçirilmegi göz öňünde tutulýar. Ara alyp maslahatlaşmalaryň esasy üns merkezinde medeniýetara dialog, medeni diplomatiýa we parahatçylygy pugtalandyrmak meseleleri durýar. Aýratyn mejlisler sanlylaşdyrma we emeli aň şertlerinde medeniýetara başarnyklary ösdürmäge, umumy geljegi kemala getirmekde medeniýetiň we syýahatçylygyň ornuna, şeýle hem medeniýetara liderlige bagyşlanýar. Şunuň bilen bir hatarda, Azerbaýjanyň Milli ylymlar akademiýasynda we ADA uniwersitetinde akademiki forum geçirilýär. Türkmenistanyň bilim we medeniýet ulgamlarynyň wekilleriniň foruma gatnaşmagy tejribe alyşmaga hem-de bilim, medeniýet we medeniýetara özara düşünişmek ugurlarynda halkara hyzmatdaşlygyň geljegini ara alyp maslahatlaşmaga mümkinçilik berýär. Türkmenistanyň Bilim minstrligi
Wagyz-nesihat çäresi geçirildi
2026-njy ýylyň oktýabr aýynyň 26-syna Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynda Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň «Türkmenistan Aziýada hyzmatdaşlygy we ynanyşmagy berkitmegiň çäresi Geňeşiniň alyp barýan işine uly ähmiýet berýär hem-de onuň maksatlaryny we ýörelgelerini yzygiderli goldaýar» diýen başlangyçlaryndan ugur alyp, «Döwlet dolandyryşy – ösüşiň we kämilligiň ýoly» atly wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi. Duşuşygyň dowamynda Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň içeri we daşary syýasatynyň esasy ugurlary, döwlet dolandyryş ulgamynda alnyp barylýan işler, ýurdumyzda gazanylýan üstünlikler hem-de jemgyýetiň ösüşinde döwlet dolandyryşynyň ähmiýeti barada giňişleýin gürrüň edildi. Çykyşlarda döwletimiziň halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmekde, sebitde parahatçylygy we durnuklylygy berkitmekde alyp barýan işleri, şeýle hem Türkmenistanyň halkara guramalary bilen gatnaşyklarynyň ähmiýeti barada bellenildi. Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda durmuşa geçirilýän özgertmeleriň ýurdumyzyň ösüşine, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň ýokarlanmagyna goşýan goşandy aýratyn nygtaldy.Wagyz-nesihat duşuşygynyň dowamynda talyp ýaşlara döwlet dolandyryşynyň esasy ýörelgeleri, kanunçylygy berjaý etmegiň, jemgyýetçilik işjeňligini ýokarlandyrmagyň we Watanymyzyň ösüşine mynasyp goşant goşmagyň ähmiýeti barada düşündirildi. Şeýle hem ýaş nesli watansöýüjilik, zähmetsöýerlik we milli gymmatlyklara hormat goýmak ruhunda terbiýelemek meselelerine aýratyn üns berildi. Türkmenistanyň Döwlet energetika instituty
ÝAŞ ZEHINLERIMIZIŇ YLHAM JOŞGUNY
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda uludan toýlanan Türkmen alabaýynyň baýramy ýatdan çykmajak wakalara beslendi. Bu baýramçylyk mynasybetli türkmen alabaýynyň daşky keşbini şekillendiriş we amaly-haşam sungatynyň eserlerinde, neşir önümlerinde, fotosuratlarda teleýaýlymlarda çeper beýan etmek boýunça suratkeşleriň, heýkeltaraşlaryň, halyçylaryň, fotosuratçylaryň, neşirýat işgärleriniň we teleoperatorlaryň arasyndaky geçirilen bäsleşikde emin agzalarynyň ýokary baha bermeginde ýeňijiler yglan edilip, olara hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň şa serpaýy ýapyldy. Türkmen halkynyň Milli Lideri, Gahryman Arkadagymyz «Türkmen alabaýy adamkärçiligiň asylly ýörelgelerini özünde jemleýän «türkmençiligiň» batyrlyk, merdanalyk, wepalylyk, sypaýylyk gatnaşyklarynyň alamatlandyrylmasydyr» diýip belleýär. Bu gymmatly jümle döredijilik ynsanlarda halkymyzyň milli gymmatlygyna, wepadarlygyň nyşany hasaplanýan türkmen alabaýyna bolan hormatyny artdyrýar. Sungatyň çeper dilinde giň mazmun bilen wasp edilen Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň şekillendiriş sungaty fakultetiniň teatr-bezeg nakgaşçylygy hünäriniň 4-nji ýyl talyby Serdar Osmanowyň «Miras» atly nakgaş eserinde, şol fakultetiň heýkeltaraşlyk hünäriniň 2-nji ýyl talyby Bahar Batyrowanyň «Alabaýyň waspy» atly heýkel eserinde, şeýle-de neşir önümleri boýunça binagärlik we dizaýn fakultetiniň binagärlik gurşawynyň dizaýny hünäriniň 3-nji ýyl talyby Ybraýym Ýaýlimowyň «Senenama 2027» atly dizaýn işinde türkmen alabaýyna mahsus bolan ähli gylyk-häsiýetleri açylyp görkezilýär. Bu döredijilik eserlerinde durmuş hakykatynyň janly keşbi baradaky iň gyzykly pursatlar beýan edilýär. «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň talyp ýaşlarynyň gazanan üstünlikleri sungat ojagymyzyň taryhy senenamasyna altyn harplar bilen girdi. Edermen, wepaly türkmen alabaýlaryny wasp etmekde döredilýän ähli mümkinçilikler zehinli ýaşlaryň geljekde hem öz saýlap alan hünärlerinde milli gymmatlyklarymyzy täze eserlerde şöhlelendirmäge we dünýä ýaýmaga uly badalga berer! Bilbil ÇARYÝEWA, Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň ylym bölüminiň başlygy
«Türkmenistan — dostlugyň mekany» atly tegelek stoluň başynda söhbetdeşlik geçirildi
2026-njy ýylyň 19-njy oktýabrynda Özbegistan Respublikasynyň Samarkant şäherinde Merkezi Aziýa ýurtlary bilen Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň arasyndaky «C5+1» formatyndaky ministrler derejesindäki duşuşygyň çäklerinde geçirilen Işewürler maslahaty sebitde ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmek, dürli ugurlarda halkara gatnaşyklary pugtalandyrmak babatda möhüm ähmiýete eýe boldy. Şu möhüm wakanyň ähmiýetini açyp görkezmek, onuň netijeleriniň bilim ulgamynyň ösüşi bilen baglanyşygyny ara alyp maslahatlaşmak maksady bilen, Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetinde «Türkmenistan — dostlugyň mekany» atly tegelek stol söhbetdeşligi geçirildi. Tegelek stol söhbetdeşliginde halkara hyzmatdaşlygynyň häzirki döwürde döwletleriň durnukly ösüşini üpjün etmekde, ykdysady gatnaşyklary giňeltmekde, ylmyň we bilimiň mümkinçiliklerini netijeli peýdalanmakda eýeleýän orny barada giňişleýin pikir alşyldy. Şeýle hem Türkmenistanyň halkara giňişliginde dost-doganlyk, özara hormat goýmak we deňhukukly hyzmatdaşlyk ýörelgelerine esaslanýan gatnaşyklary ösdürmäge goşýan goşandy barada durlup geçildi. Samarkant şäherinde geçirilen Işewürler maslahatynyň sanly tehnologiýalar, bilim we saglyk, wajyp minerallar we gazylyp alynýan serişdeler, energetika we ulag infrastrukturalary, oba hojalygy we dokma toplumy, maliýe hem-de maýa goýum ýaly möhüm ugurlary öz içine almagy häzirki döwrüň ykdysady ösüşiniň köpugurly häsiýetini görkezýär. Bu ugurlaryň her biri ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamak, ylmy mümkinçilikleri ösdürmek we innowasion çözgütleri önümçilige ornaşdyrmak bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr. Işewürler maslahatynyň bilim we saglyk, energetika we ulag infrastrukturalary sessiýalarynyň işine Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň wekili gatnaşdy. Söhbetdeşligiň dowamynda bilim ulgamynyň halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmekde, ýaşlaryň döwrebap bilim almagyny üpjün etmekde we olaryň hünär başarnyklaryny kämilleşdirmekde möhüm ähmiýete eýedigi bellenildi. Häzirki wagtda bilim islendik döwletiň durnukly ösüşiniň, ykdysady kuwwatynyň we halkara bäsdeşlige ukyplylygynyň esasy şertleriniň biri bolup durýar. Şunuň bilen baglylykda, ýurdumyzda bilim ulgamyny döwrebaplaşdyrmak, onuň hilini ýokarlandyrmak, ylmyň we bilimiň özara baglanyşygyny pugtalandyrmak döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda durýar. Tegelek stol söhbetdeşliginde inženerçilik biliminiň ähmiýetine hem aýratyn üns berildi. Sebäbi nebitgaz pudagynyň, senagat önümçiliginiň, energetikanyň, ulag infrastrukturasynyň we sanly tehnologiýalaryň ösüşi, ilkinji nobatda, döwrebap bilimli, ýokary hünär taýýarlykly inženerlere baglydyr. Häzirki zaman inženerçilik biliminde emeli aň, awtomatlaşdyryş ulgamlary, maglumat tehnologiýalary, energiýa tygşytlaýjy çözgütler we daşky gurşawy goramak bilen baglanyşykly bilimleriň orny barha artýar. Duşuşygyň dowamynda Türkmenistanyň dünýä döwletleri bilen dostlukly gatnaşyklary ösdürmäge, özara bähbitli hyzmatdaşlygy giňeltmäge we halkara dialogyny pugtalandyrmaga gönükdirilen daşary syýasatynyň ähmiýeti barada hem pikir alşyldy. «C5+1» formatyndaky duşuşyklaryň we onuň çäklerinde geçirilýän işewürlik çäreleriniň sebit ýurtlarynyň arasynda tejribe alyşmak, täze hyzmatdaşlyk mümkinçiliklerini öwrenmek hem-de umumy ösüş maksatlaryna ýetmek üçin möhüm meýdança bolup hyzmat edýändigi bellenildi. Gepleşigiň ahyrynda, tegelek stoluň başynda çykyş eden wekiller Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyza ýurdumyzda ylym-bilimi ösdürmek, ýaşlar üçin giň mümkinçilikleri döretmek we halkara hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmak ugrunda alyp barýan işleri üçin çuňňur hoşallygyklaryny bildirdiler. Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersiteti
Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersiteti «Türkmenistanyň nebiti we gazy – 2026» halkara maslahatyna we sergisine işjeň gatnaşdy
2026-njy ýylyň 21-23-nji oktýabry aralygynda Aşgabat şäherinde geçirilen «Türkmenistanyň nebiti we gazy – 2026» atly halkara maslahaty we sergisi nebitgaz pudagynda halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmek, ylmy-tehniki tejribeleri alyşmak hem-de döwrebap tehnologiýalary giňden tanyşdyrmak babatda möhüm ähmiýete eýe boldy. Bu halkara çärä Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersiteti öz sergi pawiliony bilen işjeň gatnaşdy. Uniwersitetiň pawilionynda professor-mugallymlaryň ylmy-barlag işleriniň netijesinde taýýarlanan önümler, innowasion işläp taýýarlamalar, tehniki çözgütler we maketler görkezildi. Olar myhmanlarda uly gyzyklanma döredip, ýokary okuw mekdebinde ylmyň, bilimiň we önümçiligiň özara baglanyşygyny pugtalandyrmak ugrunda alnyp barylýan işleriň netijelerini açyp görkezdi. Serginiň dowamynda myhmanlar uniwersitetiň ylmy mümkinçilikleri we nebitgaz pudagy üçin döwrebap hünärmenleri taýýarlamak boýunça uniwersitetde alnyp barylýan işler bilen tanyşdylar. Şeýle hem bu çäre ylmy işläp taýýarlamalary tanyşdyrmak, tejribe alyşmak we pudagyň wekilleri bilen hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin möhüm meýdança boldy. Halkara ylmy maslahata uniwersitetiň professor-mugallymlary hem gatnaşyp, nebitgaz pudagynda täze tehnologiýalary ulanmak, önümçiligiň netijeliligini ýokarlandyrmak, sanly çözgütleri ornaşdyrmak we tebigy serişdelerden rejeli peýdalanmak bilen baglanyşykly meseleler boýunça pikir alyşmalara goşant goşdular. Maslahatyň çäklerinde geçirilen çykyşlar we ylmy pikir alyşmalar hünärmenleriň tejribesini baýlaşdyrmaga hem-de geljekki hyzmatdaşlygyň mümkinçiliklerini öwrenmäge ýardam berdi. «Türkmenistanyň nebiti we gazy – 2026» halkara maslahaty we sergisi uniwersitetiň ylmy gazananlaryny giňden tanyşdyrmak, halkara ylmy-tehniki gatnaşyklary pugtalandyrmak hem-de ylmyň we önümçiligiň arabaglanyşygyny ösdürmek babatda möhüm ähmiýete eýe boldy. Uniwersitetiň bu çärä işjeň gatnaşmagy ýurdumyzyň nebitgaz pudagynyň ösüşine mynasyp goşant goşmaga gönükdirilen ylmy-barlag işleriniň ähmiýetini ýene bir gezek görkezdi. Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersiteti
ŞEKILLENDIRIŞ SUNGATYNDA WEPADARLYGYŇ KEŞBI-TÜRKMEN ALABAÝY
Alabaý itleri türkmenleriň iň eý görýän jandarlarynyň biridir. Türkmen alabaýy wepalylygyň tebigy nusgasydyr, batyrlygyň we edermenligiň alamatydyr. Olar öz hojaýynynyň, öý ojagynyň, mal-mülküniň goragçysydyr. Gadymy daş asyrlaryndan başlap adamlar itleri eldekileşdiripdirler we özleriniň ýakyn dosty hökmünde aw awlamak işlerinde peýdalanypdyrlar. Miladydan öňki 12-7 müň ýyllyklardan başlap, itler adamlaryň iň ýakyn dosty bolupdyr. Muňa ýurdumyzyň çäklerinden tapylan birnäçe tapyndylar hem mysal bolup biler. Ahal welaýatynyň Mäne obasynyň çäklerinde ýerleşen Altyndepe obasyndan, gadymy Marguşdan itleriň terrakota şekiljikleri tapyldy. Miladydan öňki 2 asyr bilen senelenýän Gadymy Nusaý ýadygärliginiň patyşa hazynasyndan tapylan ritonda şekillendirilen ýasy tumşukly, giň döşli, syrtaryp duran dişli itiň boýun bagyndan saklap duran oglanjygyň şekiljigi örän gyzyklydyr. Irki orta asyrlarda hem alabaý itleriniň şekillerini Hazarekdepe, Paryzdepe, Ýylgynlydepe, Daňdanakan ýaly ýadygärliklerden ýüze çykarylýar. Bu tapyndylar türkmen alabaýlarynyň gadymy döwürlerden bäri adamlaryň iň ýakyn wepaly dostlarynyň bolandygyny subut edýär. Häzirki zaman şekillendiriş sungatynda türkmen alabaýlarynyň keşpleri uly ähmiýete eýe bolýar. Ýaş sungaty söýýän nesillerimiz tarapyndan alabaý itleri dürli häsiýetlerde hem-de görnüşlerde wasp edilýär. Muňa ýakynda Türkmenistanyň çeperçilik sergiler müdirligi we Şekillendiriş sungatynyň sergi merkezinde geçirilen türkmen alabaýynyň Milli baýramy mynasybetli «Türkmen alabaýy –wepadarlygyň nusgasy» atly bäsleşik sergisi hem aýdyň mysal bolup biler. Bu sergide öz işine ussat suratkeşler bilen birlikde, Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň halypa mugallymlary hem-de talyp ýaşlary özleriniň döredijilik işleri bilen gatnaşdylar. Sergide B.Aýnazarowyň «Säheriň sazlaşygy», P.Annagylyjowyň «Watan goragynda» ýaly işlerinde alabaýlar goragçy we hüşgär dost hökmünde beýan edilýär. M.Garaýewanyň, M.Salyhowanyň, G.Pirnepesowanyň, J.Muhammetguliýewanyň «Balajyklar» atly kitap bezeg grafikasy üçin ýerine ýetirilen işlerinde alabaý güjüjikleri çagalar bilen iň mähriban dost hökmünde suwly boýaglaryň dürli reňk sazlaşygynda wasp edilýär. J.Gurbanowanyň, Y.Ýaýlymowyň, G.Kirşenowanyň ýerine ýetiren «Senenama 2027» atly senenama işlerinde alabaýlaryň iň owadan foto suratlary saýlanylyp, olaryň gahryman batyrgaý, gaýduwsyz häsiýetleri açyk görkezilýär. Serginiň dowamynda türkmen alabaýlarynyň keşpleri has döwrebap sungatyň öwüşginlerinde kämilleşýändigini görmek bolýar. Muňa G.Parahatowanyň «Alabaý», A.Rustamowanyň «Wepaly dost alabaý» diýen işlerinde aýnanyň ýüzünde has öwüşginli reňkler we ýalpyldawuk bezeg daşlaryndan düzülen keşplerde alabaýlary golaýdan dabaraly we batyr häsiýetlerde synlap bilýäris. Umuman bu sergide şu günki günleriň döwrebap sungatynda halkymyzyň milli gymmatlyklarynyň biri bolan türkmen alabaýlarynyň keşpleri täzeçe gözleglere hem-de çeperçilik aýratynlyklara eýe bolýandygyna göz ýetirmek bolar. Çünki döwrebap sungatymyzy milli gymmatlyklarymyzyň görnüşleri bilen baýlaşdyrmak, olary durmuşy häsiýetlerde beýan edip görkezmek bolsa sungat we döredijilik wekilleriniň esasy borjydyr. Göwher SAPARMYRADOWA, Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň «Sungaty öwreniş» kafedrasynyň mugallymy
"Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan-Bedew batly at myradyň mekany" ýylynda mekdep okuwçylarynyň güýzki dynç alyş günleriniň gyzykly geçmekligi üçin dürli çäreler, gezelençler gurnalýar
Ynha bugün hem Bereket etrabynyň 22-nji orta mekdebiniň agzybir okuwçylary bilen bilelikde tebigatyň iň ajaýyp pursatlaryna baý bolan dynç alyş günlerinde gözelligiň mekany bolan Ejeri jülgesine gezelenç gurnadyk. Bu gezelenç ählimiziň ýüregimizde öçmejek täsirleri we uly buýsanç duýgusyny galdyrdy. Ejeri çeşmesiniň suwy Ýer astynyň çuňluklaryndan döräp çykýandygy sebäpli onuň subtermal (ýyly) we mineral maddalara baý bolan, dertlere dermanlyk häsiýeti bardyr.Ejeri jülgesiniň Suwunyň esasy häsiýeti, suwy gowşak minerallaşan bolup, sulfatly-hlorly-natrili subtermal (ýyly) çeşmeleriň hataryna girýär. Çeşmäniň bir litr suwunda 8 milligramdan gowrak kükürtli wodorod gatyşygy bolup,ýiti we özboluşly ysy hem bar, şeýle-de suw özüniň düzüminde hut kükürt maddasynyň barlygy bilen tapawutlanýar. Şeýle-de gezelenjiň dowamynda okuwçylarymyzyň gözlerindäki hyjuwy, Watanyň al-ýaşyl bürenen tebigatyna bolan söýgüsini hem-de agzybirligini görmek biz üçin uly bagt boldy. Ýaş nesliň kalbynda öz gözbaşy topragyna, beýik daglaryna we çeşme-baglaryna bolan buýsanjyň barha artýandygyna ýene bir gezek göz ýetirdik. Şeýle gözel tebigatda ýaşlaryň dünýägaraşyny giňeltmäge, dostlygy berkitmäge we dynç almagyna döredilip beren beýik mümkinçilikler üçin Gahryman Arkadagymyza hem-de Arkadagly Gahraman Serdarymyza çuňňur minnetdarlygymyzy bildirýäris. Balkan welaýatynyň Bereket etrabynyñ 22-nji orta mekdebiniň biologiýa mugallymy Täzegül Orazberdiýewa
Türkmenistanyň Bilim ministri Özbegistanyň Bilim we ylym ministriniň orunbasary bilen duşuşyk geçirdi
Aşgabat, 2026-njy ýylyň 22-nji oktýabry. Merkezi Aziýanyň we Mongoliýanyň bilim ulgamyna jogapkär ministrleriniň Tegelek stol duşuşygynyň çäklerinde Türkmenistanyň Bilim ministri Jumamyrat Gurbangeldiýewiň Özbegistan Respublikasynyň Bilim we ylym ministriniň orunbasary Ilhom Tohirowiç Sirajew bilen ikitaraplaýyn duşuşygy geçirildi. Duşuşygyň dowamynda türkmen-özbek hyzmatdaşlygynyň bilim ulgamyndaky ýagdaýy we ösüş mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Taraplar iki ýurduň arasyndaky özara hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmegiň ähmiýetini bellediler. Söhbetdeşligiň barşynda akademiki hereketlilik, gysga möhletli tejribe okuwlary, şeýle hem sanly çözgütler we mugallymlary taýýarlamak ulgamynda tejribe alyşmak meseleleri gozgaldy. Taraplar iki ýurduň ministrlikleriniň we bilim edaralarynyň arasyndaky aragatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmäge gyzyklanma bildirdiler. «Köp dilli bilim arkaly Merkezi Aziýada we Mongoliýada sebit hyzmatdaşlygyny ösdürmek» atly Tegelek stol duşuşygy ÝHHG-niň Milli azlyklar boýunça Ýokary Komissarynyň başlangyjy bilen 22-nji oktýabrda Aşgabatda geçirildi. Oňa Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Mongoliýanyň, Täjigistanyň, Türkmenistanyň we Özbegistanyň wekiliýetleri, şeýle hem halkara guramalarynyň wekilleri we hünärmenler gatnaşdylar. Türkmenistanyň Bilim ministrligi
Türkmenistanyň Bilim ministri Täjigistanyň Bilim we ylym ministri bilen duşuşyk geçirdi
Aşgabat, 2026-njy ýylyň 22-nji oktýabry. Merkezi Aziýanyň we Mongoliýanyň bilim ulgamyna jogapkär ministrleriniň Tegelek stol duşuşygynyň çäklerinde Türkmenistanyň Bilim ministri Jumamyrat Gurbangeldiýewiň Täjigistan Respublikasynyň Bilim we ylym ministri Rahim Saidzoda bilen ikitaraplaýyn duşuşygy geçirildi. Duşuşygyň dowamynda ministrler türkmen-täjik hyzmatdaşlygynyň bilim ulgamyndaky ýagdaýyny we ösüş mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar. Taraplar iki ýurduň arasyndaky özara hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmegiň ähmiýetini bellediler. Täjik tarapy Türkmenistanyň Hökümetine gurlan Magtymguly adyndaky türkmen mekdebi üçin minnetdarlyk bildirdi. Bu mekdepde bilimiň hilini ýokarlandyrmak maksady bilen täjik tarapy okuw kitaplary we maksatnamalary, şeýle hem mugallymlary taýýarlamak ulgamynda hyzmatdaşlyk etmegi haýyş etdi. Söhbetdeşligiň barşynda mugallymlary gaýtadan taýýarlamak we gysga möhletli tejribe okuwlaryny guramak boýunça hukuk binýadyny ösdürmegiň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Taraplar iki ýurduň ministrlikleriniň we bilim edaralarynyň arasyndaky aragatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmäge gyzyklanma bildirdiler. «Köp dilli bilim arkaly Merkezi Aziýada we Mongoliýada sebit hyzmatdaşlygyny ösdürmek» atly Tegelek stol duşuşygy ÝHHG-niň Milli azlyklar boýunça Ýokary Komissarynyň başlangyjy bilen 22-nji oktýabrda Aşgabatda geçirildi. Oňa Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Mongoliýanyň, Täjigistanyň, Türkmenistanyň we Özbegistanyň wekiliýetleri, şeýle hem halkara guramalarynyň wekilleri we hünärmenler gatnaşdylar. Türkmenistanyň Bilim ministrligi
Туркменский ученый выступает в качестве лектора в Гродненском университете имени Янки Купалы
С 18 по 24 октября в белорусском городе Гродно с рабочим визитом находится Марал Бекиева, кандидат физико-математических наук, заведующая кафедрой прикладной математики и информатики Инженерно-технологического университета Туркменистана имени Огуз хана. Туркменский ученый прибыла по приглашению Гродненского государственного университета имени Янки Купалы в рамках программы «Приглашённый профессор» для чтения лекций, передачи ценных знаний и богатого опыта студентам белорусского вуза. Стоит подчеркнуть, что такая практика международного взаимодействия осуществляется впервые, когда преподаватель из Туркменистана приглашен зарубежным вузом в данном статусе. Это событие является признанием высокого уровня туркменской математической школы и знаком доверия к её представителям. Программа «Приглашённый профессор» позволяет ГрГУ имени Янки Купалы привлекать к учебному процессу ведущих учёных и преподавателей из других стран. Студенты получают возможность обновить взгляд на знакомые дисциплины, а преподаватели – обменяться методиками и опытом. В ходе недельного визита Марал Бекиева читает лекции студентам факультета математики и информатики. Её слушатели – будущие специалисты, обучающиеся по трём направлениям: «Программная инженерия», «Математика», «Прикладная математика». Занятия построены так, чтобы показать студентам связь строгой математической теории с реальными задачами – от инженерных расчётов до экологического моделирования. Встреча имеет особое значение и для развития международных академических связей. Она предоставляет возможности для обмена педагогическим опытом, знакомства с различными подходами к преподаванию и укрепления профессиональных контактов между университетами, что создает основу для дальнейшего сотрудничества, в том числе в научных исследованиях и совместных образовательных проектах. Участие в программе «Приглашённый профессор» стало важным событием в профессиональной жизни Марал Бекиевой, высоко оценившим научную и педагогическую деятельность туркменского ученого. Марал Бекиева возглавляет кафедру прикладной математики и информатики в одном из ведущих технических вузов Туркменистана. Её научные интересы лежат на стыке математики, моделирования и современных информационных технологий. Ученый ведет исследования по применению искусственного интеллекта для моделирования гидрогеоэкологического состояния подземных вод, что имеет особое значение в условиях засушливых регионов. Как преподаватель, Марал Бекиева ведёт широкий круг дисциплин: математический анализ, дифференциальные уравнения, математическое моделирование, теорию вероятностей и биометрию. Именно этот, богатый и большой научный и педагогический опыт туркменский ученый и преподаватель привезла в Гродненский университет. В своем письме–приглашении ректор ГрГУ им. Янки Купалы выразила уверенность, что визит туркменского ученого послужит обмену опытом и укреплению деловых и дружеских связей между академическими сообществами двух стран. Вместе с тем данная инициатива подчёркивает важность международного взаимодействия преподавателей и учёных, благодаря которому знания, опыт и новые идеи выходят за пределы одной страны и служат общим главным целям по расширению научного и образовательного потенциала стран и подготовке будущих высококвалифицированных специалистов. Анастасия Касьянова Çeşmesi:Altynasyrhabarlary
Öňdebaryjy bilim işgärleri sylaglanyldy
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan başy başlanan bilim özgertmelerini üstünlikli dowam etdirýän hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow ylymly-bilimli, watansöýüji nesilleri kemala getirmek üçin hemme mümkinçilikleri döredýär. Gözel Diýarymyzda bilim ulgamynyň kämilleşdirilmegine, bilimli, giň dünýägaraýyşly, innowasion tehnologiýalara ussatlyk bilen erk edip bilýän ýaş nesilleriň kemala getirilmegine uly ähmiýet berilýär. Bilim bermegiň öňdebaryjy usullaryny, maglumat tehnologiýalaryny özleşdirmekde, ýaşlaryň bilim derejesini we döredijilik işjeňligini ýokarlandyrmakda baý tejribe toplanyldy. Döwletimiz tarapyndan ýaş türkmenistanlylaryň bilim almaklary, ýurdumyza, halkymyza mynasyp gulluk etmekleri üçin ähli şertler döredilýär. Hormatly Prezidentimiziň nygtaýşy ýaly, halkynyň taryhyny bilýän, öz ýurdunyň gazanýan üstünliklerine buýsanýan, Garaşsyz Türkmenistanyň şan-şöhratyny artdyrmaga çalyşýan, watansöýüji nesli kemala getirmek biziň esasy wezipämizdir. Şundan ugur alnyp, bilim özgertmeleriniň durmuşa geçirilmegini üstünlikli dowam etdirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Bilim ministrligi tarapyndan giň gerimli işler durmuşa geçirilýär. 2026-njy ýylyň 24-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň mejlisler zalynda göreldeli zähmet çekip gelýän bilim işgärlerini sylaglaýyş dabarasy geçirildi. Türkmenistanyň Bilim ministrligi tarapyndan geçirilen dabarada Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe bormatly Prezidentimiziň bilim özgertmelerini amala aşyrmak, ylymly, bilimli, watansöýüji sagdyn nesilleri kemala getirmek ugrunda çeken döredijilikli zähmetini, müňýyllyklardan gözbaş alýan milli terbiýe mekdebiniň ýörelgelerini öňdebaryjy halkara tejribeler bilen sazlaşykly utgaşdyryp, ylmy-usuly nazaryýet esasynda bilim işini ýokary derejede guramakda bitiren aýratyn ussatlyklaryny hem-de bilim edaralarynyň binalaryny we desgalaryny abat saklamak, olaryň ýanaşyk ýerlerini abadanlaşdyrmagy üpjün etmek ugrundaky göreldeli işlerini göz öňünde tutup, Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň şanly 35 ýyllygy mynasybetli ýurdumyzyň bilim işgärleriniň köpsanlysy Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň “Hormat haty” hem-de Türkmenistanyň Magtumguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň hem-de Türkmenistanyň senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Merkezi Geňeşiniň gymmat bahaly sowgatlary bilen sylaglanyldy. “Hormat hata” hem-de sylaga Aşgabat, Arkadag şäherlerinden, ýurdumyzyň welaýatlatyndan, Aşgabat şäherindäki Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky ýöriteleşdirilen umumybilim berýän mekdep-internatyndan, Birleşen Arap Emirlikleriniň Prezidenti şeýh Zaid bin Sultan Al Nahaýýan adyndaky Döwletliler köşgünden, Aşgabat şäher häkimliginiň 21-nji ýöriteleşdirilen terbiýeçilik okuw mekdebinden bilim-terbiýeçilik hem-de bilim ulgamynda zähmet çekýän tehniki işgärleriň ençemesi mynasyp boldy. Sylaga mynasyp bolan ildeşlerimiz ýürek sözlerini beýan edip, öz çykyşlarynda ýurdumyzyň bilim ulgamyny häzirki döwrüň talaplaryna laýyklykda döwrebap ösdürmekde döredip berýän ýokary şertleri üçin hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza, türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyza köp sagbolsun aýdyp, uzak ýaş, berk jan saglyk, işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdiler. Ýaş nesle döwrebap bilim-terbiýe bermekde, bilim edaralarynyň binalaryny we olaryň daş-töweregindäki ýerleri talabalaýyk saklamakda mundan bu ýana hem tutanýerlilik bilen, yhlasly zähmet çekjekdiklerine ynandyrdylar. Haýdarguly Muhammetgulyýew, Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň “Bilim” ylmy-usuly žurnalynyň jogapkär kätib
Aşgabatda köpdilli bilim ulgamynda hyzmatdaşlyk meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy
2026-njy ýylyň 22-nji oktýabrynda Aşgabatda «Merkezi Aziýada we Mongoliýada köpdilli bilim arkaly sebitleýin hyzmatdaşlygy ösdürmek» atly Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Mongoliýanyň bilim ulgamyna jogapkär ministrleriniň tegelek stoly geçirildi. Çärä sebit ýurtlarynyň wekiliýetleri, ÝHHG-niň wekilleri we halkara bilermenler gatnaşdylar. Gatnaşyjylar köpdilli bilim ulgamyndaky milli tejribelerini paýlaşyp, okuw maksatnamalaryny kämilleşdirmek, pedagogik işgärleri taýýarlamak we sebitleýin hyzmatdaşlygy giňeltmek meselelerine garadylar. Köpdilli bilim boýunça halkara tejribesine, okuw serişdelerini işläp taýýarlamaga we bilim netijelerine baha bermäge aýratyn üns berildi. Mekdebe çenli we başlangyç bilim derejelerinde köpdilli bilimi ösdürmek, şeýle hem mugallymlaryň hünär derejesini ýokarlandyrmak hyzmatdaşlygyň geljegi uly ugurlarynyň hatarynda ara alnyp maslahatlaşyldy. Çäräniň çäklerinde Türkmenistanyň bilim ministri Täjigistanyň bilim ministri, şeýle hem Özbegistanyň bilim ministriniň orunbasary bilen ikitaraplaýyn duşuşyklary geçirildi.
Горизонты регионального образования и взгляд в день послезавтрашний
ORIENT | Аналитика. Прошедший в Ашхабаде министерский круглый стол, собравший руководителей образовательных ведомств стран Центральной Азии и Монголии, обозначил контуры глубоких изменений в гуманитарной архитектуре всего макрорегиона. Эта встреча, инициированная Управлением Верховного комиссара ОБСЕ по делам национальных меньшинств и поддержанная туркменской стороной, не просто продолжила давние традиции диалога, заложенные еще два десятилетия назад в Ташкенте, но и продемонстрировала принципиально новый уровень стратегического мышления, когда образование рассматривается как ключевой фактор долгосрочной стабильности, безопасности и взаимного доверия. В условиях, когда лидеры государств региона регулярно встречаются на самом высоком уровне, от Самарканда и Душанбе до недавних знаковых консультаций на туркменском побережье в Авазе, образовательная дипломатия естественным образом становится тем фундаментом, на котором строится будущее добрососедство. Обращаясь к сути обсуждавшихся проблем, невозможно не заметить, насколько глубоко переплетены сегодня вопросы языка, экономики и социального согласия. Школьный класс во многом является зеркалом будущего всего общества, и именно в нем закладываются первые, порой незаметные семена либо грядущего взаимопонимания, либо отчуждения. Как исключительно точно заметил в своем программном обращении Верховный комиссар ОБСЕ Кристоф Камп, три десятилетия непрерывного мониторинга неизменно доказывают, что самые первые, едва заметные следы растущей напряженности зарождаются именно в школьном классе, из-за чего ребенок, не понимающий языка обучения, оказывается изолированным от школьной жизни. Когда ребенок оказывается выключенным из полноценного учебного процесса лишь потому, что не понимает языка, на котором ведется преподавание, страдает не просто его личная успеваемость. Мировой опыт, подкрепленный авторитетными исследованиями Всемирного банка, убедительно доказывает, что обучение детей на малопонятном для них языке ведет к колоссальным потерям человеческого капитала, снижает экономические перспективы государств и создает барьеры между людьми. И напротив, разумный баланс, при котором школа дает прочную опору в родном языке и одновременно обеспечивает совершенное владение государственным языком, формирует у молодого поколения сильное чувство сопричастности к судьбе своей страны. Именно в этой логике раскрывается подлинная суть многоязычного образования, которое участники встречи справедливо охарактеризовали не как застывший догматический шаблон, а как гибкий набор инструментов, адаптируемый под специфику каждой отдельной страны. Многоязычие для Центральной Азии и Монголии не является искусственным нововведением, а исторической реальностью, веками определявшая уклад жизни совместно проживающих народов, свою роль в котором сыграл Великий Шёлковый путь. Успех такой политики зависит от способности образовательных систем бережно вести ребенка от одного языка к другому, сохраняя лингвистическое наследие меньшинств и одновременно укрепляя позиции государственного языка как главного ключа к рынку труда и общественной жизни. Подобный подход требует серьезных практических усилий, начиная от подготовки педагогов, владеющих методиками преподавания языка как второго, и заканчивая созданием современных мультимедийных материалов и собственных, региональных систем оценки качества знаний. Принятое по итогам встречи Совместное коммюнике зафиксировало готовность стран переходить к конкретным делам, будь то назначение постоянных координаторов в министерствах или планирование практических семинаров на ближайшие годы. Туркменистан, реализующий масштабную стратегию развития высшего профессионального образования с горизонтом планирования до середины века, задает в этом процессе высокий темп. Говоря словами министра образования Туркменистана Джумамырата Гурбангельдыева, развитие многоязычного образования должно осуществляться с обязательным учетом национальных особенностей и приоритетов каждой страны, обеспечивая гармоничное сочетание изучения государственного языка, уважения к родным языкам и овладения иностранными языками. Однако, оценивая эти важные и своевременные шаги дня сегодняшнего, невольно задумываешься о том, каким должен быть следующий, по-настоящему прорывной этап интеграции государств Центральной Азии в планировании изучения иностранных языков. Традиционные формы сотрудничества в виде точечных студенческих обменов, взаимных визитов педагогов или проведения краткосрочных семинаров, при всей их несомненной полезности, постепенно становятся днем вчерашним. Но нам необходимо постепенно готовиться к послезавтрашнему дню, когда сама логика развития региона потребует объединения усилий в сфере совместного планирования и подготовки кадров на долгосрочную перспективу. Это будущее можно представить как создание системы путеводных маяков, где каждое государство региона, достигшее наивысшего преимущества и признанного авторитета в конкретной научной, технологической или индустриальной сфере, берет на себя роль главного опорного центра для всех остальных соседей. Все страны Центральной Азии параллельно друг с другом успешно реализуют разные направления экономического развития. И эта тенденция, конечно же, сохранится, однако, на наш взгляд, в будущем не будет особой необходимости каждой стране усиленно вкладывать огромные финансовые ресурсы в абсолютно все сферы высшей школы. В перспективе, с учетом интеграционных процессов, наблюдаемых в регионе, страны, обладающие более передовыми компетенциями в определённых сферах, могут стать базовой кузницей кадров для всего макрорегиона, принимая студентов и готовя специалистов с учетом реальных потребностей экономик соседей на пять-десять лет вперед. Такое совместное планирование превратит Центральную Азию в единый, самодостаточный и конкурентоспособный научно-образовательный кластер. В такой картине будущего многоязычное образование, ставшее главной темой ашхабадских дискуссий, обретает свое подлинное, глубокое значение, выступая не просто как гуманитарный проект, а как незаменимый лингвистический и культурный фундамент для большой региональной интеграции. Ведь именно свободное владение языками соседей (и не только ближайших), а также уважение к их культурному коду позволят будущим инженерам, ученым и управленцам беспрепятственно обучаться в опорных центрах друг друга, стирая ментальные границы и формируя сильное, сплоченное и успешное сообщество, способное отвечать на любые вызовы времени. Что касается ситуации с изучением иностранных языков в самом Туркменистане, то здесь к настоящему моменту уже сложилась достаточно яркая и многообразная картина, достойная того, чтобы привести ее в качестве примера. Так, в Туркменском национальном институте мировых языков имени Довлетмаммеда Азади, являющемся профильным лингвистическим вузом, спектр изучаемых языков максимально широк. Помимо традиционных восточных направлений, вроде японского и корейского, студенты активно осваивают китайский, арабский, персидский, турецкий, хинди и другие, что в общей сложности составляет около полутора десятка языков. При институте развернута деятельность специализированных центров, среди которых Центр корейского языка имени короля Седжона, лингафонные кабинеты и клуб ЮНЕСКО «Языки мира», а изучение двух иностранных языков является обязательной частью программы. Эту тенденцию подхватывает и Туркменский государственный университет имени Махтумкули, на базе научно-исследовательского центра которого ведется преподавание русского, английского, французского, немецкого, итальянского, персидского, турецкого, арабского и китайского языков. Не отстает и педагогическое крыло. Так, в Туркменском государственном педагогическом институте имени Сейитназара Сейди открыто направление по изучению китайского языка, а также готовятся специалисты по английскому, русскому, немецкому и персидскому языкам. Подобный глубокий интерес к восточным и европейским языкам в ряде туркменских вузов, включая технические, продиктован долгосрочными внешнеэкономическими и стратегическими приоритетами страны. Активное экономическое партнерство требует кадров, способных работать на стыке сложной инженерной специальности и иностранного языка, поэтому языковая подготовка превращается из факультативного навыка в мощный инструмент профессионального роста. Примером такой интеграции служит Туркменский университет инженерных технологий имени Огуз хана, где модель обучения опирается на японский опыт. На первых двух курсах студенты проходят обязательную углубленную языковую подготовку по английскому и японскому языкам, и затем переходят к профильным техническим дисциплинам, причем при университете действует специализированная средняя школа, где японский язык изучается с первого класса. Аналогичный подход демонстрирует Международный университет нефти и газа имени Ягшыгельды Какаева, где на отдельной кафедре преподают японский, китайский, русский, английский и немецкий языки, привлекая к процессу зарубежных специалистов и опираясь на методическую поддержку лингвистических вузов, чтобы дать будущим инженерам нефтегазовой отрасли абсолютную профессиональную свободу. Всматриваясь в этот масштабный опыт, становится очевидно, что создаваемый сегодня языковой базис не является банальной данью глобализации, а представляет собой осознанный шаг к тому самому послезавтрашнему дню регионального сотрудничества. Когда образовательные системы стран не замыкаются в себе, а открывают двери языкам и культурам своих соседей и стратегических партнеров, они закладывают основу для новой эпохи, в которой общие экономические и технологические проекты Центральной Азии и Монголии будут обеспечиваться высококлассными специалистами, говорящими на одном языке доверия и созидания. Бекдурды АМАНСАРЫЕВ, Центр стратегических исследований ИМО МИД Туркменистана
Aşgabatda Merkezi Aziýa döwletleriniň we Mongoliýanyň bilim ministrleriniň duşuşygy geçirildi
22-nji oktýabrda Aşgabatda Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Mongoliýanyň bilim ministrleriniň gatnaşmagynda tegelek stol duşuşygy geçirildi. Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň resmi saýtynda habar berlişi ýaly, duşuşyk «Merkezi Aziýada we Mongoliýada köp dilli bilim arkaly sebit hyzmatdaşlygyny ösdürmek» mowzugyna bagyşlandy. Çärä sebitiň ýurtlarynyň wekiliýetleri, Ýewropada howpsuzlyk we hyzmatdaşlyk guramasynyň (ÝHHG) wekilleri hem-de halkara bilermenler gatnaşdylar. Duşuşygyň dowamynda köp dilli bilim ulgamynda milli tejribeler boýunça pikir alşyldy. Şeýle hem okuw maksatnamalaryny kämilleşdirmek, mugallymçylyk işgärlerini taýýarlamak we sebitara hyzmatdaşlygy giňeltmek bilen bagly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. Köp dilli bilim bermekde halkara tejribesini öwrenmäge, okuw materiallaryny taýýarlamaga we bilim netijelerine baha bermäge aýratyn üns berildi. Hyzmatdaşlygyň geljegi uly ugurlarynyň hatarynda mekdebe çenli we başlangyç bilim derejelerinde köp dilli bilimi ösdürmek, şeýle-de mugallymlaryň hünär derejesini ýokarlandyrmak meseleleri gözden geçirildi. Çäräniň çäklerinde Türkmenistanyň bilim ministri Täjigistanyň bilim ministri we Özbegistanyň bilim ministriniň orunbasary bilen ikitaraplaýyn duşuşyklary geçirdi.
Туркменские студенты направлены на годичное обучение в Университет Цукуба Японии
Четверо студентов Инженерно-технологического университета Туркменистана имени Огуз хана направлены в японский Университет Цукуба для участия в годичной учебной программе. Право на участие в данной программе получили талантливые студенты вуза, отличившиеся в учебе, научной и общественной работе. В их число вошли студенты третьих курсов: Багтыяр Реджепов (специальность «Технические средства защиты информации»), Ыхлас Назаров (специальность «Электроника и наноэлектроника»), Гульнабат Акмаммедова, (специальность «Технологический бизнес») и Гарлы Гарлыев (специальность «Цифровая инфраструктура и кибербезопасность»). В ходе годичной образовательной программы студенты будут углублять свои знания в областях искусственного интеллекта, электроники и экономики, они ознакомятся с передовым научно-технологическим опытом, примут участие в исследованиях, а также повысят свои профессиональные навыки в международной академической среде. Учебная поездка организована в соответствии с Меморандумом о взаимопонимании по обмену студентами между Инженерно-технологическим университетом Туркменистана имени Огуз хана и Университетом Цукуба Японии. Университет имени Огуз хана придает особое значение обогащению знаний и опыта своих студентов, развитию их научно-творческого потенциала в международном образовательном пространстве. Исходя из этого, одним из важных направлений работы университета является расширение международного сотрудничества и реализация программ студенческого обмена в данном контексте. Эта работа способствует увеличению образовательных возможностей для студентов, приумножению их теоретических знаний и практических навыков в ведущих зарубежных вузах, наращиванию научного и образовательного потенциала университета, а также достижению его главной цели по подготовке высококвалифицированных молодых специалистов. Анастасия Касьянова
Merkezi Aziýa döwletleriniň we Mongoliýanyň bilim ministrleriniň duşuşygy geçirildi
Şu gün paýtagtymyzda Merkezi Aziýa döwletleriniň we Mongoliýanyň bilim ministrleriniň duşuşygyna gatnaşyjylaryň tegelek stoluň başyndaky maslahaty boldy. Merkezi Aziýa döwletleriniň we Mongoliýanyň bilim ministrleriniň derejesindäki duşuşygyň dowamynda häzirki zamanyň möhüm meseleleri, bilim ulgamynda ýola goýulýan gatnaşyklaryň derejesi boýunça gyzyklanma bildirilýän pikir alyşmalar boldy. Şunda häzirki zamanyň täzeçil usullarynyň özleşdirilmegini we bilim ulgamyna sanly tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagyny esasy ugur edinýän Türkmenistanyň bilim syýasatynyň ösüşiniň esasy ugurlaryna üns berildi. Duşuşygyň möhüm bölegi halkara guramalarynyň we dünýä akademiki jemgyýetçiliginiň wekilleriniň gatnaşmagy boldy. ÝHHG-niň Milli azlyklar boýunça ýokary komissary Kristof Kamp, ÝUNESKO-nyň Almaty şäherinde ýerleşýän sebitleýin edarasynyň hünärmenleri we halkara akademiki jemgyýetçiliginiň wekilleri çykyş etdiler. Bellenilişi ýaly, ykdysadyýetimiziň ähli pudaklarynda sanly tehnologiýalar konsepsiýasyny özleşdirmekde milli bilim ulgamyna möhüm orun degişlidir. Ýurdumyzyň bilim edaralary ykdysadyýetiň sanlylaşdyrylmagynda möhüm orun eýeleýändigi barada aýdyldy. Munuň özi bilim ojaklarynyň işiniň kämilleşdirilmegini we bu ugurda häzirki zamanyň ösen tejribeleriniň netijeli özleşdirilmegini talap edýär. Tegelek stoluň başynda geçirilen duşuşykda bu ugurda özara tejribe alşylmagynyň we bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmegiň wajypdygyna üns berildi. Şunda sebitiň ýurtlarynyň ýokary okuw mekdepleriniň mugallymlarynyň we talyplarynyň arasynda ýygjam gatnaşyklaryň ýola goýulmagy we hyzmatdaşlygyň ösdürilmegi häzirki döwrüň möhüm wezipeleriniň hatarynda kesgitlenendigi bellenildi. Merkezi Aziýa döwletleriniň we Mongoliýanyň bilim ministrleri sazlaşykly ösüş ýoluna düşen we bilim ulgamynyň ösdürilmegine döwlet derejesinde ähmiýet berilýän ýurtda hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga gönükdirilen çäreleriň ýokary guramaçylyk derejesiniň üpjün edilendigi üçin hormatly Prezidentimize we Gahryman Arkadagymyza çuňňur hoşallyklaryny beýan etdiler.
Türkmen oba hojalyk instituty talyplary halkara ylmy-taslamalar bäsleşigine çagyrýar
Türkmen oba hojalyk instituty Türkmenistanyň we daşary ýurtlaryň ýokary okuw mekdepleriniň talyplaryny 11–12 noýabrda geçiriljek «Agroinnowasiýalar: durnukly ösüşiň röwşen ýoly» atly sanly ulgam arkaly III halkara ylmy-taslamalar bäsleşigine gatnaşmaga çagyrýar. Bäsleşige ýokary okuw mekdepleriniň hünürine we okaýan ýylyna garamazdan, ähli höwesjeň talyplar gatnaşyp bilerler. Çäräniň resmi dilleri türkmen, iňlis we rus dilleridir. Bäsleşik onlaýn görnüşde iki tapgyrda geçiriler. Çäre Birleşen Milletler Guramasynyň Durnukly ösüş maksatlarynyň çäginde oba hojalygyny durnukly ösdürmek we suw serişdelerini rejeli peýdalanmak boýunça wezipeleri amala aşyrmaga ýardam bermäge gönükdirilendir. Şoňa görä-de, bäsleşik aşakdaky üç ugur boýunça geçirilýär: Oba hojalyk taslamalary IT-taslamalar Biznes-taslamalar Ylmy iş bir awtor tarapyndan ýa-da ikiden köp bolmadyk talyplaryň gatnaşmagynda taýýarlanylyp bilner. Gatnaşyjylaryň wezipesi saýlanan ugur boýunça ylmy-taslama işiniň tekst görnüşindäki beýanyny eminler toparyna hödürlemek, şeýle hem onuň tanyşdyryşy bilen çykyş etmekdir. Awtorlyk işleri 6 sany esasy ölçeg boýunça bahalandyrylar: wajyplygy; täzeçilligi; mazmuny. Gerimi: amala aşyrylma mümkinçiligi; daşky gurşawa täsiri Gatnaşyjylaryň netijeleri işleri bahalandyrmagyň ähli görkezijileri boýunça toplanan ballaryň jemi esasynda kesgitlener. Bäsleşigiň ýeňijileri Türkmen oba hojalyk instituty tarapyndan I, II we III derejeli diplomlar bilen sylaglandyrylar. Bäsleşige gatnaşmak isleýänler 5-nji noýabra çenli tohi.tm.info@gmail.com elektron poçta salgysyna gatnaşmak üçin arza ibermelidirler. Arzada özüňiz baradaky maglumatlary ýokary okuw mekdebiniň https://tohi.edu.tm/ru/single-news/?id=348 web-saýtynda ýerleşdirilen goşundy esasynda taýýarlamalysyňyz. Bäsleşik baradaky goşmaça maglumatlary hem şol salgydan tapyp bilersiňiz. Halkara ylmy-taslamalar bäsleşigi BMG-niň Durnukly ösüş maksatlaryndan gelip çykýan möhüm oba hojalyk meselelerini özbaşdak çözmäge höweslendirmek arkaly talyplaryň ylmy pikirlenişini, gözleg endiklerini we döredijilik ukyplaryny ösdürmek maksady bilen geçirilýär. Guramaçylar bäsleşigiň geçirilmeginiň talyplaryň oba hojalygyny durnukly ösdürmek babatda bilimleriniň giňemegine, oba hojalyk meselelerini çözmekde ylmy çemeleşmeleri ulanmaga, şeýle hem talyplarda dürli ýagdaýlary ýüze çykarmak, derňemek we olary çaltlyk bilen başdan sowmak hem-de oba hojalyk pudagy üçin döredijilikli we netijeli çözgütleri döretmek endikleriniň kemala gelmegine ýardam berjekdigine berk ynanýarlar. Anastasiýa Kasýanowa
Türkmen alymy Ýanka Kupala adyndaky Grodno döwlet uniwersitetinde umumy okuw berip çykyş edýär
18–24-nji oktýabr aralygynda Belarus Respublikasynyň Grodno şäherinde Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň amaly matematika we informatika kafedrasynyň müdiri, fizika-matematika ylymlarynyň kandidaty Maral Bekiýewa iş saparynda bolýar. Türkmen alymy Ýanka Kupala adyndaky Grodno döwlet uniwersitetiniň çakylygy boýunça «Çagyrylan professor» maksatnamasynyň çäklerinde Belarus ýokary okuw mekdebiniň talyplaryna leksiýa okamak, gymmatly bilimlerini we baý tejribesini paýlaşmak üçin bardy. Halkara gatnaşyklaryň tejribesinde Türkmenistandan mugallymyň daşary ýurt ýokary okuw mekdebi tarapyndan şeýle derejede çakylyk almagynyň ilkinji gezek amala aşyrylýandygyny bellemek gerek. Bu waka türkmen matematika mekdebiniň ýokary derejesiniň ykrar edilmesidir we onuň wekillerine bolan ynamyň nyşanydyr. «Çagyrylan professor» maksatnamasy Ýanka Kupala adyndaky GDU-na okuw işine beýleki ýurtlardan öňdebaryjy alymlary we mugallymlary çekmäge mümkinçilik berýär. Talyplar tanyş derslere täzeçe garamaga mümkinçilik alýarlar, mugallymlar bolsa usulyýet we tejribe alyşýarlar. Bir hepdelik saparyň dowamynda Maral Bekiýewa matematika we informatika fakultetiniň talyplaryna leksiýa okaýar. Onuň diňleýjileri «Programma inženeriýasy», «Matematika» we «Amaly matematika» ýaly üç ugur boýunça bilim alýan geljekki hünärmenlerdir. Sapaklar takyk matematika teoriýasynyň inženerçilik hasaplamalaryndan başlap, ekologiýa modelirlemesine çenli hakyky wezipeler bilen baglanyşygyny talyplara görkezmek üçin guralandyr. Bu duşuşygyň halkara akademiki aragatnaşyklary ösdürmekde hem aýratyn ähmiýete eýedir. Ol mugallymçylyk tejribesini alyşmak, okatmagyň dürli çemeleşmeleri bilen tanyşmak we uniwersitetleriň arasynda hünär aragatnaşyklaryny berkitmek üçin mümkinçilik berýär, bu bolsa geljekki hyzmatdaşlyga, şol sanda ylmy barlaglara we bilelikdäki bilim taslamalaryna esas döredýär. «Çagyrylan professor» maksatnamasyna gatnaşmak Maral Bekiýewanyň hünär durmuşynda möhüm waka öwrülip, türkmen alymynyň ylmy we mugallymçylyk işine berlen ýokary baha boldy. Maral Bekiýewa Türkmenistanyň öňdebaryjy tehniki ýokary okuw mekdepleriniň birinde amaly matematika we informatika kafedrasyna ýolbaşçylyk edýär. Onuň ylmy gyzyklanmalary matematikanyň, modelirlemäniň we döwrebap maglumat tehnologiýalaryň özara baglanyşygydyr. Alym ýerasty suwlaryň gidrogeoekologiýa ýagdaýyny modelirlemek üçin emeli aňy ulanmak boýunça ylmy barlaglary alyp barýar, bu bolsa gurak sebitleriň şertlerinde aýratyn ähmiýete eýedir. Mugallym hökmünde Maral Bekiýewa giň gerimli dersleri berýär: matematiki seljerme, differensial deňlemeler, matematiki modelirleme, ähtimallyklar teoriýasy we biometriýa. Türkmen alymy we mugallymy hut şu baý hem-de uly ylmy we mugallymçylyk tejribesini Grodno uniwersitetine getirdi. Ýanka Kupala adyndaky GDU-nyň rektory öz çakylyk hatynda türkmen alymynyň saparynyň tejribe alyşmaga hem-de iki ýurduň akademiki jemgyýetçilikleriniň arasyndaky işewür we dostlukly gatnaşyklary berkitmäge hyzmat etjekdigine ynam bildirdi. Şunuň bilen birlikde, bu başlangyç mugallymlaryň we alymlaryň halkara hyzmatdaşlygynyň möhümdigini ýüze çykarýar, şonuň netijesinde bilimler, tejribe we täze pikirler bir ýurduň çäklerinden çykyp, ýurtlaryň ylym we bilim kuwwatyny giňeltmek hem-de geljekki ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamak boýunça umumy baş maksatlara hyzmat edýär. Anastasiýa Kasýanowa
Türkmenistan durmuş işi boýunça bakalawr maksatnamasyny kämilleşdirýär
Türkmenistanda durmuş işi boýunça bakalawr maksatnamasynyň okuw meýilnamasyna gaýtadan seredilýär. Bu durmuş işi boýunça bilimiň milli hünärmenlere bolan zerurlyklara, halkara ülňülerine we ýurtda durmuş hyzmatlary ulgamynda dowam etdirilýän özgertmelere laýyk gelmegini üpjün etmäge gönükdirilendir. Bu ugurdaky işler ÝUNISEF-iň tehniki goldaw bermegi bilen amala aşyrylýar. Durmuş işi boýunça bakalawr maksatnamasy 2023-nji ýylda Aşgabat şäherindäki Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde we Türkmenabat şäherindäki Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynda işe girizildi. Şondan bäri bu maksatnama boýunça 125 talyp kabul edildi. Ilkinji 35 talyp 2026–2027-nji okuw ýylynda okuwy tamamlar. 29-njy sentýabrdan 10-njy oktýabra çenli durmuş işi boýunça okuw maksatnamalaryny işläp düzmek babatda ÝUNISEF-iň halkara bilermeni doktor Salome Namitçeişwili Türkmenabatda we Aşgabatda milli hyzmatdaşlar bilen bilelikde işledi. Saparyň çäklerinde Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynda okuw meýilnamasyna gaýtadan seretmek boýunça bu institutyň we Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň bilelikdäki maslahatlaşmasy geçirildi. Şeýle hem iki ýokary okuw mekdebiniň talyplary we mugallymlary üçin leksiýalar guraldy. Okuw maksatnamasynda amaly taýýarlyk ileri tutulýan ugurlaryň biri hökmünde kesgitlenildi. Iki ýokary okuw mekdebi hem talyplaryň amaly taýýarlygyny pugtalandyrmagyň ýollaryny ara alyp maslahatlaşdy. Hususan-da, durmuş hyzmatlaryny hödürleýän guramalar bilen hyzmatdaşlygy giňeltmek, hünärmenleriň ýolbaşçylygynda yzygiderli we meýilnamalaýyn tejribe geçmek, şeýle hem amaly okuwlar boýunça yzygiderli seminarlary guramak meselelerine aýratyn üns berildi. ÝUNISEF-iň bilermeni talyplaryň kemala gelýän hünär başarnyklaryny resmileşdirmegiň we baha bermegiň täze usulyny — talybyň amaly taýýarlyk portfoliýasy bilen hem tanyşdyrdy. Türkmenabat şäherindäki durmuş hyzmatlaryny hödürleýän edaralaryň birine edilen sapar bu teklipleri hünär tejribesiniň hakyky şertleri bilen utgaşdyrmaga mümkinçilik berdi. Türkmen mugallymlary bilen bilelikde okatmagyň ýola goýlan tejribesine daýanmak bilen, saparyň çäklerinde geljekki iki semestriň dowamynda dördünji ýyl talyplaryna ilkinji gezek okadyljak okuw derslerini taýýarlamaga hem ýardam berildi. Bu dersler çagalar, ýaşlar we maşgalalar bilen durmuş işini alyp barmak; çagalary goramak; şeýle hem toparlar, jemgyýetçilik toparlary we guramalar bilen işlemek ýaly temalary öz içine aldy. Okuwy tamamlaýan talyplara diplom işlerini taýýarlamak, önümçilik tejribesini geçmek we jemleýji synaglara taýýarlanmak boýunça maslahatlar berildi. Birinji ýyl talyplary bolsa durmuş işiniň esasy ýörelgeleri bilen tanyşdyryldy. ÝUNISEF durmuş işi boýunça bilimi kämilleşdirmekde we Türkmenistanyň ähli künjeklerinde çagalara hem-de maşgalalara ýokary hilli hyzmatlary hödürlemäge ukyply, hünär taýdan taýýarlykly işgärleri ýetişdirmekde milli hyzmatdaşlara goldaw bermegini dowam etdirer.
Talyplaryň arasynda «Bilermenler» zehin bäsleşigi geçiriler
Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersiteti ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda «Türkmenistanyň halkara başlangyçlary: sebit durnuklylygynyň we abadançylygynyň girewi» ady bilen «Bilermenler» zehin bäsleşigini yglan edýär. Bu barada uniwersitetiň resmi saýtynda habar berildi. Bu çäre Türkmenistanyň halkara başlangyçlarynyň hukuk esaslarynyň mazmunyny hem-de halkara hukugy baradaky bilimleri ýaşlaryň arasynda ýaýratmak maksady bilen guralýar. Bäsleşige ýurduň ýokary okuw mekdepleriniň hukuk öwreniş hünärinden beýleki ugurlarda bilim alýan talyplary gatnaşyp bilerler. Düzgünnama laýyklykda, bäsleşige her ýokary okuw mekdebinden bir topar gatnaşyp bilýär. Toparyň düzümi 6 sany esasy, 2 sany ätiýaçdaky talypdan ybarat bolmalydyr. Zehin bäsleşigi Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň himiýa fakultetinde geçiriler. Giňişleýin maglumatlary uniwersitetiň resmi saýtyndan alyp bilersiňiz.
Türkmen mugallymy Hirosimada tizlendiriji tehnologiýalary öwrenýär
Oguzhan adyndaky Türkmenistanyň Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň kiberfiziki ulgamlar kafedrasynyň mugallymy Nurjemal Baýramowa Ýaponiýada şöhle desseleriniň dinamikasy we tizlendiriji tehnikasy boýunça IX Halkara okuw maksatnamasyna (ISBA2026) gatnaşýar. «Türkmenistan: Altyn asyr» neşiriniň habar bermegine görä, bu okuw maksatnamasy Hirosima uniwersiteti tarapyndan 19–28-nji oktýabr aralygynda geçirilýär. Hirosima uniwersitetiniň öňdebaryjy professorlarynyň ýolbaşçylygynda geçirilýän ýöriteleşdirilen leksiýalarda gatnaşyjylar bu pudagyň esasy nazary düşünjeleri bilen tanyşýarlar, tizlendiriji tehnologiýalaryň iş ýörelgeleri we aýratynlyklary baradaky bilimlerini çuňlaşdyrýarlar. Maksatnamanyň medeni bölüminde gatnaşyjylar üçin Hirosimanyň taryhy ýerlerine we gözel künjeklerine gezelençler guralýar. Bu bolsa olara şäheriň taryhy, özboluşly aýratynlyklary hem-de ýerli ilatyň milli däp-dessurlary bilen has ýakyndan tanyşmaga mümkinçilik berýär.
Türkmenistanyň bilim ulgamynyň wekilleri Portugaliýa Respublikasynyň Lissabon şäherine inklýuziw bilim ulgamy bilen tanyşlyk saparyny amala aşyrýarlar
Birleşen Milletler Guramasynyň Çagalar gaznasynyň ÝUNISEF-iň guramagynda 18–24-nji oktýabr aralygynda geçirilýän bu halkara çäre, ýurdumyzda inklýuziw bilimi kämilleşdirmek we maýyplygy bolan adamlary goldamagyň integrirlenen ulgamyny döretmek maksadyna gönükdirilýär. Portugaliýa maýyplygy inkluziwleşdirmek we inkluziw bilim ulgamynda iň gowy tejribäniň halkara nusgasyna öwrüldi. Onuň tejribesi, esasan, bölünen goldaw görnüşlerinden doly inkluziw ulgama uzak möhletli geçişi sebäpli aýratyn gymmatlydyr. Okuw saparynyň maksady, türkmen delegasiýasynyň utgaşdyrylan hyzmat ulgamyny döretmek we inklýuziw çemeleşmeleri ornaşdyrmak arkaly integrasiýalaşdyrylan maýyplygy öz içine alýan ulgamyň amaly durmuşa nähili geçirilip bilinjekdigi baradaky düşünjesini giňeltmekdir. Şeýle hem, ol Türkmenistanda maýyplygy öz içine alýan ulgamyň we inklýuziw bilim özgertmeleriniň indiki tapgyry üçin esas bolup hyzmat edip biljek esasy tapgyrlary we alnan sapaklary kesgitlemegi maksat edinýär. Adam hukuklaryna esaslanýan çemeleşmeden ugur alyp, Türkmenistan bilim gurşawynyň hilini, deňligini we inkluziwligini ýokarlandyrmaga gönükdirilen strategik özgertmeleri durmuşa geçirýär, şol bir wagtyň özünde maýyp çagalar we olaryň maşgalalary üçin toplumlaýyn goldaw ulgamyny güýçlendirýär. Milli wekilýetiň düzüminde Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň Mekdebe çenli bilim bölüminiň başlygynyň w.ýe.ýe. M.G. Pirliýewa, Umumy orta bilim bölüminiň baş hünärmeni O.B. Alamyşowa, Aşgabat şäheriniň 74-nji ýöriteleşdirilen orta mekdebiniň müdiri B.O.Muhammedowa hem-de 111-nji çagalar bagynyň müdiri G.A. Hudaýbergenowa dagylar wekilçilik edýärler. Iş saparynyň başynda türkmen hünärmenleri Portugaliýanyň bilim edaralaryna, inklýuziw okuw merkezlerine baryp gördüler. Şol merkezlerde dürli ugra degişli hünärmenleriň (pedagoglar, psihologlar, logopedler) bilelikde işleşip, çagalar üçin özbaşdak okuw meýilnamalaryny taýýarlaýyş usullary öwrenildi. Esasy üns aýratyn zerurlyklary bolan çagalaryň adaty mekdeplere we çagalar baglaryna integrirleniş mehanizmlerine berildi. Okuw binalarynyň fiziki gurşawynyň hem-de okuw programmalarynyň aýratyn çagalar üçin uýgunlaşdyrylyşy baradaky amaly çözgütler seljerildi, synp otagynda okuwyň we utgaşdyrylan goldawlaryň çagalaryň irki ýaşdan başlap aragatnaşyk saklamagyna, gatnaşmagyna we jemgyýetiň bir bölegi hökmünde duýmagyna nähili kömek edilýändigi öwrenildi. Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parahatçylyk, abadançylyk, hoşniýetli goňşuçylyk we giň halkara hyzmatdaşlyk ýörelgelerine esaslanýan başlangyçlary, Watanymyzyň gülläp ösmegine, ykdysady kuwwatynyň berkemegine, halkymyzyň hal-ýagdaýyny has-da ýokarlandyrmaga, ösüp gelýän ýaş nesliň hemmetaraplaýyn kämil şahsyýetler bolup kemala gelmegine gönükdirilen maksatlary üstünliklere, rowaçlyklara beslensin!
Dabaraly maslahat geçirildi
2026-njy ýylyň oktýabr aýynyň 16-syna Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynda «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – parahatçylygyň, ylalaşygyň we hyzmatdaşlygyň giňişligi» atly dabaraly maslahat geçirildi. Dabaraly maslahat 2026-njy «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynyň oktýabr aýynyň 7-9-y aralygynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçirilen çärelere bagyşlandy. Dabaraly maslahatyň dowamynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynyň Kongresler merkezinde geçirilen «Parahatçylygy saklamakda we durnukly ösüşe ýetmekde zenanlaryň orny» atly halkara zenanlar dialogy, Merkezi Aziýa döwletleriniň we Azerbaýjan Respublikasynyň döwlet Baştutanlarynyň gatnaşmagynda geçirilen konsultatiw duşuşygy, Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna agza döwletleriň Baştutanlarynyň Geňeşiniň nobatdaky ýokary derejeli mejlisi hakynda birnäçe çykyşlar diňlenildi. Dabaranyň dowamynda institutyň «Kuwwat» aýdym-saz we tans toparynyň çeper höwesjeň talyp ýaşlarynyň ýerine ýetirmeklerinde Watanymyzy, Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzy, türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzy wasp edýän birnäçe aýdymdyr tanslara tomaşa edildi. Dabaraly maslahat Altyn-Asyr: Türkmenistan teleýaýlymy tarapyndan doly ýazgy edildi. Dabaranyň ahyrynda oňa gatnaşyjylar Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzy ösüşiň täze belentliklerine sary alyp barmak, ylymly-bilimli, sagdyn ýaşlary kemala getirmek ugrunda tutumly işleri durmuşa geçirýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş hem-de hoşallyk sözlerini beýan etdiler.
Ýaşlaryň arasynda wagyz-nesihat çäresi geçirildi
2026-njy ýylyň oktýabr aýynyň 17-ine Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň jemgyýetçilik guramalarynyň Talyplar sport kluby bilen bilelikde guramaklarynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Gahryman Arkadagymyzyň «Sport dostluga, saglyga we gözellige tarap ýoldur» atly kitabyndan ugur alyp, talyp ýaşlaryň arasynda sportuň dürli görnüşleri boýunça wagyz-nesihat çäresi geçirildi. Çäräniň dowamynda talyp ýaşlaryň arasynda sporta bolan höwesi artdyrmak, sagdyn durmuş ýörelgelerini giňden wagyz etmek, bedenterbiýä we sporta bolan höwesi ýokarlandyrmak, şeýle hem ýaşlaryň ruhy we beden taýdan sagdynlygyny üpjün etmek meselelerine aýratyn üns berildi. Sportuň ynsan saglygyny goramakda, ýaşlaryň beden we ruhy taýdan kämilleşmeginde, olaryň erki we maksada okgunlylygy terbiýelemekde möhüm ähmiýete eýedigi bellenildi. Wagyz-nesihat çäresiniň dowamynda talyp ýaşlara sagdyn durmuş ýörelgelerine eýermek, şahsy arassaçylygy berjaý etmek, zyýanly endiklerden daşda durmak we sport bilen yzygiderli meşgullanmak barada giňişleýin düşündirişler berildi. Şeýle hem ýaşlaryň arasynda sagdyn durmuş ýörelgelerini berkitmegiň, olaryň beden we ruhy taýdan kämil şahsyýetler bolup ýetişmegini gazanmagyň ähmiýeti barada pikir alşyldy.Çäräniň ahyrynda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy, Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza tüýs ýürekden hoşallyk sözleri aýdyldy hem-de ýurdumyzda parahatçylygyň, agzybirligiň we bagtyýar durmuşyň mundan beýläk-de rowaç bolmagy arzuw edildi. Türkmenistanyň Döwlet energetika instituty
TÜRKMEN-ÝAPON DOSTLUGYNYŇ ROWAÇLY GADAMLARY
Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynda Türkmenistan bilen Ýaponiýanyň arasyndaky medeni-ynsanperwer we ylym-bilim hyzmatdaşlygynyň taryhynda şanly waka bagyşlanan aýdym-sazly dabaraly çäre geçirildi. Bu giň gerimli çäre alnyp barylýan köpýyllyk netijeli zähmetiň hem-de ikitaraplaýyn dostlukly gatnaşyklary pugtalandyrmaga goşulan uly goşandyň aýdyň ykrarnamasy hökmünde institutyň Ýaponiýanyň Daşary işler ministriniň 2026-njy ýyl üçin Hormat haty bilen sylaglanmagy mynasybetli guraldy. Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň beýik başlangyçlary hem-de Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň öňdengörüjilikli daşary syýasaty netijesinde berkarar döwletimiz Aziýa — Ýuwaş umman sebitiniň öňdebaryjy ýurtlarynyň biri bolan Ýaponiýa bilen ikitaraplaýyn hem-de «Merkezi Aziýa — Ýaponiýa» dialogynyň çäklerinde köptaraplaýyn hyzmatdaşlygy yzygiderli ösdürýär. Aýratyn-da, bilim ulgamynda, ýapon dilini çuňňur öwretmekde, mugallymlaryň we talyplaryň аrаsynda tejribe alyşmagy işjeňleşdirmekde hem-da iki ýurduň ýaşlarynyň arasynda medeni köprüleri gurmakda alnyp barylýan giň gerimli işler bu gün öz oňyn netijelerini berýär. Ýurdumyzyň ýokary hünär bilimi ulgamynda daşary ýurt dillerini öwretmekde we ussat dilçi mugallymlary taýýarlamakda esasy orun eýeleýän Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň Ýaponiýanyň Daşary işler ministriniň ýokary sylagyna eýe bolmagy professor-mugallymlaryň we talyp ýaşlaryň yhlasly zähmetine berlen mynasyp bahadyr. Dabaraly çärede edilen çykyşlarda taraplar iki ýurduň arasyndaky birek-birege hormat goýmak, deňhukuklylyk we ynanyşmak ýörelgelerine esaslanýan hyzmatdaşlygyň uly üstünliklere beslenýändigini nygtap, bu Hormat hatynyň geljekde has-da uly maksatlara ýetmäge ruhlandyrýan jogapkärli borçdugyny bellediler. Dabaranyň medeni maksatnamasy özara sazlaşygyny dabaralandyrýan aýratyn mazmunly häsiýete eýe boldy. Çäräniň ahyrynda iki ýurduň arasyndaky ylym-bilim we medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygyň mundan beýläk hem işjeň ösdüriljekdigi bellenilip, Türkmenistandan Ýaponiýa uzaýan dostluk ýollarynyň baky dowamat-dowam bolmagy ugrunda ähli zerur şertleri döredip berýän Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza hem-de Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözleri aýdyldy. Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri instituty
Türkmenistan bilen Ýaponiýanyň arasynda wodorod energetikasy ulgamyndaky hyzmatdaşlyk pugtalandyrylýar
2026-njy ýylyň 14-16-njy oktýabry aralygynda Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň rektorynyň Ýaponiýa sapary amala aşyryldy. Saparyň esasy maksady ylym-bilim hyzmatdaşlygyny ösdürmek we wodorod energetikasy ulgamyndaky özara gatnaşyklary giňeltmekden ybarat boldy. Saparyň çäklerinde Sukuba Uniwersitetiniň Prezidenti Keýsuke Nagata bilen duşuşyk geçirildi. Duşuşykda bilelikdäki ylmy barlaglary geçirmek, hünärmenleri taýýarlamak we tebigy gazdan wodorod öndürmegiň innowasion tehnologiýalaryny ösdürmek meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Hyzmatdaşlyk Türkmenistanyň Bilim ministrligi bilen Tsukuba Uniwersitetiniň arasynda 2025-nji ýylyň 7-nji aprelinde, Türkmenistanyň Prezidentiniň Ýaponiýa saparynyň öňüsyrasynda gol çekilen özara düşünişmek hakynda Ähtnamanyň esasynda ösdürilýär. 15-nji oktýabrda wekiliýet Ýaponiýanyň Ykdysadyýet, söwda we senagat ministrliginiň (METI) Tebigy serişdeler we energetika agentliginiň hem-de Täze energiýa we senagat tehnologiýalaryny ösdürmek guramasynyň (NEDO) wekilleri bilen duşuşyklary geçirdi. Şeýle hem wekiliýet Chiyoda korporasiýasynyň Kiyasu Research Park ylmy-barlag merkezine baryp gördi. Mundan başga-da, Tsukuba Uniwersitetiniň Wodorod baglanyşyklaryny öwreniş merkeziniň (HBRC) we TIAR ylmy-barlag institutynyň işi bilen tanyşdy. Hünärmenleri taýýarlamak meselesine aýratyn üns berildi. Häzirki wagtda Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleriniň üç mugallymy Ýaponiýanyň Halkara hyzmatdaşlyk agentliginiň (JICA) goldawy bilen durmuşa geçirilýän «SDGs Global Leader» maksatnamasynyň çäklerinde Ýaponiýanyň Sukuba uniwersitetinde hünärlerini ýokarlandyrýar. Bu sapar Gahryman Arkadagymyzyň Türkmenistan bilen Ýaponiýanyň arasyndaky ylym, bilim we innowasion tehnologiýalar babatda hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak başlangyjyny durmuşa geçirmekde ýene bir ädim boldy, bilelikdäki ylmy-barlag işleri we wodorod energiýasyny ösdürmek üçin täze mümkinçilikleri açdy.
BILIMDE HALKARA HYZMATDAŞLYK
2026-njy «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynyň 10-12-nji oktýabrynda paýtagtymyz Aşgabatda geçirilen «Saglygy goraýyş, bilim we sport Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe» atly halkara serginiň we ylmy maslahatyň çäklerinde Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynda Britan Geňeşiniň Merkezi Aziýada iňlis dilini öwretmegiň hilini ýokarlandyrmaga gönükdirilen AELLCA bilim taslamasynyň çäklerinde okuw maslahaty geçirildi. Okuw maslahaty geljekki iňlis dili mugallymlaryny taýýarlamagyň (PRESETT) we iňlis dili mugallymlarynyň hünär derejesini ýokarlandyrmagyň (INSETT) maksatnamalaryny kämilleşdirmäge, okuw meýilnamalaryny döwrebaplaşdyrmaga hem-de iňlis dilini okatmagyň usulyýetini ösdürmäge gönükdirildi. Okuw maslahatyna Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň, Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň, Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň, Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň hem-de ýurdumyzyň umumybilim berýän orta mekdepleriniň mugallymlary gatnaşdylar. Okuw maslahatynyň dowamynda gatnaşyjylara kommunikatiw çemeleşmä esaslanýan dil öwretmegiň ýörelgeleri, söz aýdylyşy öwretmegiň usullary, dil başarnyklaryny ösdürmek, grammatikany kontekstde öwretmek, şeýle hem okuwçylaryň dürli derejelerine laýyklykda sapaklary meýilleşdirmek boýunça amaly okuwlar geçirildi. Mundan başga-da, Ýewropa Geňeşiniň Diller boýunça umumy Ýewropa çarçuwaly maksatnamasyna (CEFR) laýyklykda dil öwretmegiň netijelerini kesgitlemek, PRESETT maksatnamasynyň okuw gollanmasynyň mazmunyny we gurluşyny kämilleşdirmek, okuw maksatnamalary bilen bahalandyrmagyň özara sazlaşygyny üpjün etmek ýaly möhüm meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. INSETT maksatnamasynyň çäklerinde bolsa mugallymlary okatmagyň we taýýarlamagyň aýratynlyklary, mikro-sapaklary geçirmek, sapaklara seljerme bermek, görkezmeleri anyk we düşnükli beýan etmek hem-de taýýarlaýyş maksatnamalarynda amaly çäreleri kämilleşdirmek boýunça okuwlar guraldy. Okuw maslahatynyň dowamynda gatnaşyjylar özara tejribe alyşdylar, öňde durýan wezipeleri ara alyp maslahatlaşdylar we PRESETT hem-de INSETT maksatnamalaryny mundan beýläk-de ösdürmek boýunça tekliplerini beýan etdiler. Bu okuw maslahaty iňlis dili mugallymlaryny taýýarlamagyň hilini ýokarlandyrmakda, mugallymlaryň hünär başarnyklaryny ösdürmekde we halkara hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmakda möhüm ähmiýete eýe boldy. Okuw maslahatynyň jemleri boýunça oňa gatnaşan mugallymlara degişli sertifikatlar gowşuryldy. Bu bolsa olaryň hünär taýdan kämilleşmegine we okatmagyň döwrebap usullaryny özleşdirmegine, şeýle hem gazanylan tejribeleri bilim ulgamynda netijeli peýdalanmagyna möhüm itergi berer. Çünki mugallymlaryň hünär derejesini ýokarlandyrmak, olaryň hünär başarnyklaryny yzygiderli ösdürmek we bilim bermegiň hilini kämilleşdirmek ýurdumyzda döwlet bilim syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Ýurdumyzyň halkara bilim hyzmatdaşlygyny belent sepgitlere çykarmakda yzygiderli tagallalary edýän Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, alyp barýan döwletli işleri diňe rowaçlyklara beslensin.
Aýdym-sazly dabaraly çäre geçirildi
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Türkmenistanyň Prezidentiniň bilim ulgamynda amala aşyrýan özgertmelerini durmuşa geçirmekde, milli ykdysadyýetimiziň pudaklary zähmet bazarynyň isleglerine laýyklykda orta hünär bilimli hünärmenler bilen üpjün edilýär. Şeýle hem MosIUR the three university missions, World University Rankings 2026, QS World University Rankings, Shanghai Ranking bütindünýä reýting guramalarynyň hasaplamasy esasynda we “Türkmenistanyň orta hünär okuw mekdepleriniň reýting bahalandyrmasy hakynda Düzgünnama” laýyklykda ýöredilýän reýtingde orta hünär okuw mekdepleriň arasynda 2025-2026-njy okuw ýylynyň jemleri boýunça Mary welaýat maliýe-ykdysady orta hünär okuw mekdebi II orna mynasyp bolandygy üçin orta hünär okuw mekdebiniň mugallymlarynyň we talyplarynyň gatnaşmagynda aýdym-sazly dabaraly çäre geçirildi. Munuň bilen birlikde “Türkmenistanyň orta hünär okuw mekdepleriniň pedagogik işgärleriniň reýting bahalandyrmasy hakynda Düzgünnama” esasynda ýerine ýetiren işleri boýunça orta hünär okuw mekdebimiziň mugallymlary Meredowa Maral, Hezziýew Orazmyrat, Hydyrow Amangeldi ilkinji ýigrimilige girmegi başardylar. Bu üstünlikler orta hünär oruw mekdebimiziň taryhynda altyn harplar bilen bellenildi. Dabaraly çärä Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Baýramaly şäher komitetiniň wekilleri hem gatnaşyp, Türkmenistanyň Demokratik partiýasy tarapyndan gymmat bahaly sowgatlary gowşurdylar. Dabaraly çäräniň ahyrynda gatnaşyjylar Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş hem-de hoşallyk sözlerini beýan etdiler. Mary welaýat maliýe-ykdysady orta hünär okuw mekdebi
Ýaşyl energetika we emeli aň boýunça okuw maslahatlary geçirildi
2026-njy ýylyň 14-15-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň binýadynda ýaşyl energetika we innowasion tehnologiýalara bagyşlanan ýörite “Gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleriniň integrasiýasy” hem-de “Emeli aňy tejribede ulanmak” atly okuw maslahatlary üstünlikli geçirildi. Bu çäreler Türkmenistanyň Döwlet energetika instituty bilen Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Klaustal Tehniki uniwersitetiniň arasynda baglaşylan özara düşünişmek boýunça ähtnamanyň esasynda Germaniýanyň Halkara hyzmatdaşlık boýunça jemgyýetiniň (GIZ) “Türkmenistanyň ýaşyl ösüşi üçin Ýewropa Bileleşigi: 2024–2029-njy ýyllar üçin syýasy dialog we howanyň üýtgemegi boýunça hereketler” taslamasynyň ýardamy bilen amala aşyryldy. Çäräniň esasy maksady – gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmelerini integrirlemek, geotermal energiýa, biomasassa, wodorod tehnologiýalary hem-de emeli aň ulgamlarynyň amaly ulanylyşy boýunça hünärmenleriň we talyplaryň potensialyny ýokarlandyrmakdan ybaratdyr. Bu okuw maslahatyna Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Klaustal Tehniki uniwersitetiniň halkara hünärmenleri we professor-mugallymlary gatnaşyp, institutyň ýaş hünärmenleri, mugallymlary, talyplary bilen tejribe alyşdylar. Iki gün dowam eden okuw sapaklarynda energetika ulgamlaryny modelirlemek, elektrik energiýasynyň bahalandyrylyşy we konwertor tehnologiýalary boýunça giňişleýin düşündirişler berildi. Çäräniň ahyrynda gatnaşyjylar ýurdumyzda ylym-bilim ulgamlaryny ösdürmäge, innowasion tehnologiýalary giňden ornaşdyrmaga döredilýän ähli mümkinçilikler üçin türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza we Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza özleriniň çuňňur minnetdarlyklaryny bildirdiler. Türkmenistanyň Döwlet energetika instituty
Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň Göz keselleri ylmy-kliniki merkezinde Halkara ylmy maslahatyň “Oftalmologiýa” atly bölümi geçirildi
2026-njy ýylyň 11-nji oktýabrynda Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň Göz keselleri ylmy-kliniki merkezinde “Saglygy goraýyş, bilim we sport Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe” atly Halkara ylmy maslahatyň “Oftalmologiýa” atly bölümi geçirildi. Ylmy maslahata ýurdumyzyň we birnäçe daşary ýurt döwletleriniň saglygy goraýyş işgärleri, alymlar we professorlar gatnaşdylar. Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersiteti
Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň professor-mugallymlary Döwlet sylaglary bilen sylaglandylar
Garaşsyz, baky Bitarap Watanymyzda il-ýurt ähmiýetli ägirt uly işler üstünlikli durmuşa geçirilýär. Döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda milli saglygy goraýyş we derman senagaty ulgamyny ösdürmek, halkymyzyň saglygyny, bagtyýar durmuşyny we abadançylygyny üpjün etmek boýunça alnyp barylýan tutumly işler halkara derejede hem giňden ykrar edilýär. Gazanylan bu ajaýyp üstünliklerde saglygy goraýyş we derman senagaty ulgamynyň işgärleriniň uly paýy bardyr. Berkarar döwletimiziň Garaşsyzlygyny we özygtyýarlylygyny pugtalandyrmakda, saglygy goraýyş işini ösdürmekde, döwlet we jemgyýetçilik işinde uly zähmet üstünliklerini gazanandyklary, ilatyň saglygyny goramaga önjeýli goşant goşandyklary üçin hem-de uzak ýyllaryň dowamynda çeken halal we yhlasly zähmetini, ýokary hünär ussatlygyny nazara alyp, şeýle hem Türkmenistanyň saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň güni mynasybetli, Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany bilen Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň iç keselleriniň propedewtikasy kafedrasynyň müdiri Orazgylyç Aşyrmämmedowiç Orazgylyjow, medisina himiýasy kafedrasynyň dosenti Gülnara Hojamgulyýewna Çaryýewa, göz keselleri kafedrasynyň assistenti Güljahan Tangiýewna Berdiýewa Türkmenistanyň «Watana bolan söýgüsi üçin» medaly bilen sylaglandylar. Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersiteti
Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetinde Gahryman Arkadagymyzyň «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly kitabynyň XVIII jildiniň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi
2026-njy ýylyň 11-nji oktýabrynda Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetinde Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe, “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany” ýylynda, türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly kitabynyň XVIII jildiniň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi. Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersiteti
Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetinde daşary ýurtly alymlaryň umumy sapaklary geçirildi
2026-njy ýylyň 11-nji oktýabrynda «Saglygy goraýyş, bilim we sport Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe» atly halkara serginiň ylmy maslahatyň çäklerinde Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetinde professor-mugallymlarynyň we talyplarynyň gatnaşmagynda Russiýa Federasiýasynyň Ýewraziýa Urologlar Assosiasiýasynyň aragatnaşyk we media taslamalar boýunça ýolbaşçysy, professor Wiktoriýa Şadýorkina tarapyndan “Urologiýada häzirki zaman sanly lukmançylygyň mümkinçiliklerinden peýdalanmak” atly, Koreýa Respublikasynyň Kýung Hi uniwersitetiniň Koreý adaty lukmançylygy boýunça lukmany Kim Ýeonhak tarapyndan “Koreý adaty lukmançylygyň nerw keselleri bejermekde tutýan orny” atly umumy sapaklary geçirildi. Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersiteti
Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetinde daşary ýurtlaryň abraýly alymlaryň hem-de lukmanlaryň gatnaşmagynda ussatlyk sapaklary (master-klaslar) geçirildi
2026-njy ýylyň 11-nji oktýabrynda «Saglygy goraýyş, bilim we sport Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe» atly halkara serginiň we ylmy maslahatyň çäklerinde Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetinde daşary ýurtlaryň abraýly alymlaryň hem-de lukmanlaryň gatnaşmagynda ussatlyk sapaklary (master-klaslar) geçirildi. Ussatlyk sapaklarynyň dowamynda halkara derejeli hünärmenler uniwersitetiň professor-mugallymlary, ýaş alymlary, kliniki ordinatorlary hem-de talyplary bilen lukmançylygyň döwrebap ugurlary boýunça öz baý tejribelerini paýlaşdylar. Sapaktarda häzirki zaman keselleri anyklaýyş we bejeriş usullary, sanly lukmançylygyň täze gazananlary, tejribede ulanylýan innowasion tehnologiýalar barada giňişleýin maglumat berdiler. Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersiteti
Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetinde daşary ýurtly hünärmenler bilen özara duşuşyklar geçirildi
2026-njy ýylyň 12-nji oktýabrynda «Saglygy goraýyş, bilim we sport Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe» atly halkara sergisine hem-de ylmy maslahatyna gatnaşmak üçin ýurdumyza gelen daşary ýurtly abraýly alymlar, hünärmenler we lukmanlar bilen Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň ýolbaşçylarynyň, professor-mugallymlarynyň we talyp ýaşlarynyň özara duşuşyklary gurnaldy. Şeýle hem daşary ýurtly myhmanlar uniwersitetiň okuw binalary, häzirki zaman ýokary tehnologiýalar bilen üpjün edilen ylmy-barlag merkezleri, simulýasion otaglary hem-de talyplar üçin döredilen döwrebap şertler bilen ýakyndan tanyşdylar. Myhmanlar Türkmenistanda saglygy goraýyş we lukmançylyk bilimi ulgamynda ýetilen belent sepgitlere, şol sanda dermanlyk ösümlikler esasynda alnyp barylýan ylmy-barlag işlerine we gazanylan netijelere ýokary baha berdiler. Özara pikir alşylyp geçilen duşuşyklarda lukmançylyk ylmyny ösdürmek, talyplaryň we ýaş alymlaryň akademik mobilligini (hünär tejribe alyşmagyny) ýola goýmak, şeýle hem geljekde bilelikdäki ylmy-barlag taslamalaryny amala aşyrmak babatda pikir alşyldy. Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersiteti
Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetinde daşary ýurtly alym lukmanlara alymlyk adyny dakmak dabarasy geçirildi
2026-njy ýylyň 10-njy oktýabrynda Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetinde Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda berkarar Watanymyzda ruhubelentlik bilen giňden-hem-de dabaraly bellenip geçilýän Türkmenistanyň saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň güni mynasybetli, «Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň Hormatly professory» alymlyk adyny dakmak dabarasy geçirildi. Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersiteti
Türkmenistandaky Lu Ban ussahanasynyň täze okuw ýylynyň resmi açylyş dabarasy
2026-njy ýylyň 10-12-nji oktýabry aralygyndaky “Saglygy goraýyş, bilim we sport Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe” atly halkara serginiň we ylmy maslahatyň çäklerinde 2026-njy ýylyň 11 oktýabrynda Türkmenistandaky Lu Ban ussahanasynyň täze okuw ýylynyň resmi açylyş dabarasy geçirildi. Çäräniň dowamynda Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň we Hytaý Halk Respublikasynyň hyzmatdaş ýokary okuw mekdepleriniň arasynda ylym, bilim ulgamyndaky hyzmatdaşlygy, ýaşlaryň hünär bilimini kämilleşdirmek, dostlukly gatnaşyklary pugtalandyrmak bilen bagly meseleler beýan edildi. Türkmenistanyň ýaşlarynyň geljegi, bilim ulgamyny ösdürmek hem-de dünýä döwletleriniň ýaşlary bilen dostlukly gatnaşyklary pugtalandyrmak ugrunda alnyp barylýan işler barada bellenildi. Soňra Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistanyň Hytaý Halk Respublikasy bilen bilim ulgamyndaky özara bähbitli hyzmatdaşlygynyň netijesinde döredilen Türkmenistandaky Lu Ban ussahanasynyň täze okuw ýylynyň resmi açylyş dabarasynyň geçirilýändigi yglan edildi. Dabaranyň dowamynda Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň rektory, tehniki ylymlaryň doktory, professor Baýrammyrat Ýaýlymowiç Atamanow gutlag sözi bilen çykyş etdi. Şeýle hem Hytaý Halk Respublikasynyň Sian nebit uniwersitetiniň rektory Wan Szinfu, Hebeý nebit hünär-tehniki uniwersitetiniň rektory Ýuý Ligo sanly ulgam arkaly hem-de Şensi prowinsiýasynyň Bilim departamentiniň Ýokary bilim bölüminiň müdiri Ýan Pen gutlag sözleri bilen çykyş etdiler. Dabaranyň dowamynda Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň rektory, tehniki ylymlaryň doktory, professor Baýrammyrat Ýaýlymowiç Atamanow tarapyndan «Gazylyp alynýan peýdaly magdanlaryň geologiýasy we gözlegi» hem-de «Maglumat ulgamlary we tehnologiýalary» taýýarlyk ugurlarynyň birinji ýyl talyplaryna diplomlar gowşuryldy. Dabaranyň soňunda çärä gatnaşyjylara we hormatly myhmanlara minnetdarlyk bildirlip, işlerine uly üstünlikler arzuw edildi. Dabaradan soňra hytaýly myhmanlar Türkmenistandaky Lu Ban ussahanasynyň Geologiýa tejribehanalarynyň, Maglumat tehnologiýalar otaglarynyň barlaghana enjamlary, sanly serişdeleri we alnyp barylýan işleri barada giňişleýin tanyşdyryldy. Soňra çärä gatnaşyjylar we myhmanlar tarapyndan Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyza we Türkmenistanyň Prezidenti Arkadagly Gahryman Serdarymyza bilim ulgamyny ösdürmek hem-de ýaş nesle berilýän bilimiň hilini ýokarlandyrmak ugrunda alyp barýan işleri bilen bagly arzuw-dilegler beýan edildi.
Gyrgyz Respublikasynyň Bişkek şäherinde geçirilen Ýewropa Bileleşiginiň Merkezi Aziýada neşe serişdeleriniň ýaýramagynyň öňüni almak boýunça maksatnamasynyň (CADAP) çäklerinde CADAP-8 maksatnamasynyň Ýolbaşçy komitetiniň 1-nji mejlisi barada maglumat
Türkmenistan özüniň oňyn Bitaraplyk syýasatyna esaslanyp, dünýäniň öňdebaryjy döwletleri hem-de abraýly halkara guramalar bilen wajyp maksatnamalaryň we strategiýalaryň çäklerinde işjeň hyzmatdaşlyk edýär. Ýurdumyz energetika, ekologiýa, durnukly ösüş, bilim we saglygy goraýyş ýaly strategik ugurlarda sebitara we ählumumy taslamalary amala aşyrýar. Türkmenistan neşe serişdeleriniň ýaýramagyna we sarp edilmegine garşy göreşmek boýunça Ýewropa Bileleşigi (ÝB) tarapyndan maliýeleşdirilýän CADAP (Central Asia Drug Action Programme) maksatnamasynyň çäklerinde netijeli we uzak möhletleýin hyzmatdaşlyk alyp barýar. Bu meýilnama sebitde neşe serişdelerine bolan islegi azaltmak, öňüni alyş çärelerini kämilleşdirmek we milli strategiýalary güýçlendirmek maksady bilen durmuşa geçirilýär. Ýurdumyzda CADAP meýilnamasynyň öňki üstünlikli tapgyrlaryndan soň, täze CADAP 8 tapgyry boýunça tehniki hyzmatdaşlygyň çäklerini we zerurlyklaryny kesgitlemek maksady bilen Aşgabatda ýörite iş maslahaty geçirildi. Meýilnamanyň çäklerinde hyzmatdaşlygyň esasy ugurlary hökmünde öňüni alyş we bilim ýaly ugurlary görkezmek bolar. Bu esasy kesgitlenen ugurlara laýyklykda sebit boýunça ýaşlaryň arasynda zyýanly endikleriň öňüni almak we sagdyn durmuş ýörelgesini durnuklaşdyrmak üçin milli we medeni aýratynlyklara laýyk gelýän ýörite okuw maksatnamalary işlenip düzülýär. Şeýle hem halkara derejesinde tejribe alyşmak işleri hem dowam edýär. CADAP 8 (Ýewropa Bileleşiginiň Merkezi Aziýada neşe serişdeleriniň ýaýramagynyň öňüni almak boýunça maksatnamasynyň 8-nji tapgyry) — sebitde neşe serişdeleriniň ýaýramagynyň öňüni almak, şeýle hem jemgyýetçilik howpsuzlygyny we durnuklylygy berkitmek maksady bilen amala aşyrylýan halkara taslamadyr. Maksatnamanyň bu täze tapgyry 2026-njy ýylyň fewralyndan 2030-njy ýylyň iýulyna çenli dowam eder we bu täze tapgyr Ispaniýanyň FIAP guramasynyň ýolbaşçylygyndaky konsorsium tarapyndan, Fransiýanyň CIVIPOL guramasy we BMG-niň Neşeler we jenaýatçylyk boýunça müdiriýeti (UNODC) bilen bilelikde durmuşa geçirilýär. Maksatnama ylmy esaslara, adam hukuklaryna we gender deňligine esaslanýan deňagramly çemeleşmäni öňe sürýär we aşakdaky iki sany esasy düzüm bölegine bölünýär: 1. Neşe serişdeleriniň bikanun dolanyşygyny (üpjünçiligini) azaltmak we howpsuzlyk: BMG-niň Neşeler we jenaýatçylyk boýunça müdiriýeti (UNODC) tarapyndan utgaşdyrylýan bu düzüm bölek sebitara hyzmatdaşlygy güýçlendirmäge, serhet gözegçiligini gowulandyrmaga we neşe serişdeleriniň ýaýramagyna garşy göreşmäge gönükdirilendir. 2. Neşe serişdelerine bolan islegi azaltmak we saglygy goramak: Ispaniýanyň FIAP guramasy tarapyndan dolandyrylýan bu düzüm bölek saglygy goramaga gönükdirilip, neşekeşligiň öňüni almagy, bejeriş, dikeltmek we durmuş taýdan goşulyşma ýaly hyzmatlaryny kämilleşdirmegi maksat edinýär. Maksatnama Merkezi Aziýanyň bäş döwletini (Türkmenistan, Gazagystan, Gyrgyzystan, Täjigistan we Özbegistan) öz içine alýar. 2026-njy ýylyň iýun aýynda maksatnamanyň başlangyç tapgyrynyň çäginde sebit ýurtlarynda, şol sanda ýurdumyzda milli hyzmatdaşlaryň gatnaşmagynda maslahatlar (Needs Assessment Workshops) geçirildi we geljekki iş meýilnamalary taýýarlanyldy. Öňki tapgyrlarda ýerine ýetirilen tehniki we maddy-enjamlaýyn goldawlaryň dowamy hökmünde, Ýewropa Bileleşiginiň Merkezi Aziýada neşe serişdeleriniň ýaýramagynyň öňüni almak boýunça maksatnamasynyň 8-nji tapgyry (CADAP 8) durnukly institusional ösüşi gazanmagy we sebitleýin maglumat alyş-çalşyny sanly tehnologiýalar arkaly kämilleşdirmegi maksat edinýär. Ýewropa Bileleşiginiň goldawy bilen alnyp barylýan bu işler tutuş Merkezi Aziýanyň durnuklylygyna, howpsuzlygyna we jemgyýetçilik saglygynyň goralmagyna goşant goşar. Halkara hyzmatdaşlygynyň bu ugry bilen baglanyşykly 2026-njy ýylyň 7-8-nji oktýabrynda Gyrgyz Respublikasynyň Bişkek şäherinde geçirilen Ýewropa Bileleşiginiň Merkezi Aziýada neşe serişdeleriniň ýaýramagynyň öňüni almak boýunça maksatnamasynyň 8-nji tapgyrynyň (CADAP 8) çäklerinde geçirilen maslahata ýurdumyzdan hem wekilýet şol sanda Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň işgäri Berdinazar Haşyrow hem gatnaşdy. 2026-njy ýylyň 7-nji oktýabrynda günüň ikinji ýarymynda maslahatyň açylyşy boldy we maslahatyň açylyşynda Gyrgyz Respublikasynyň daşary işler ministrliginiň, Yewropa Bileleşiginiň, BMG-niň Neşeler we jenaýatçylyk boýunça müdiriýetiniň (UNODC) wekilleri, Ispaniýanyň we Fransiýanyň Gyrgyz Respublikasyndaky ilçileri hem-de Merkezi Aziýa ýurtlarynyň wekilleri we beýleki maslahata gatnaşyjylar çykyş etdiler. Netijede Merkezi Aziýada neşe serişdeleriniň ýaýramagynyň öňüni almak boýunça maksatnamasynyň 8-nji tapgyry (CADAP 8) resmi taýdan herekete girizildi. 2026-njy ýylyň 8-nji oktýabrynda hem maslahat öz işini dowam etdi we Merkezi Aziýada neşe serişdeleriniň ýaýramagynyň öňüni almak boýunça maksatnamasynyň 8-nji tapgyrynyň (CADAP 8) Ýolbaşçy Komitetiniň 1-nji mejlisi geçirildi, oňa milli utgaşdyryjylar, ministrlikleriň, hukuk goraýjy edaralaryň wekilleri we Ýewropa Bileleşiginiň bilermenleri gatnaşdylar. Bu duşuşykda maksatnamanyň täze tapgyry strategik taýdan meýilleşdirildi. Bu duşuşyga gatnaşyjylar tehniki hyzmatdaşlygyň ýol kartasyny, býujeti bölüp bermegiň ugurlaryny we Ýewropa Bileleşiginiň standartlaryna esaslanýan neşe serişdeleriniň ýaýramagynyň ýagdaýyna gözegçilik ulgamlaryny ornaşdyrmagy tassykladylar. Merkezi Aziýada neşe serişdeleriniň ýaýramagynyň öňüni almak boýunça maksatnamasynyň 8-nji tapgyrynyň (CADAP 8) ýakyn ýyllaryň dowamynda Merkezi Aziýada neşe serişdeleriniň ýaýramagynyň öňüni almak boýunça alnyp barylýan işleri halkara ülňülere laýyk getirmegi, serhet howpsuzlygyny berkitmegi we sagdyn jemgyýeti kemala getirmegi maksat edinýär. 2030-njy ýyla çenli garaşylýan netijeler, sebit durnuklylygyna uly goşant goşar.
Wagyz-nesihat çäresi geçirildi
2026-njy ýylyň oktýabr aýynyň 12-ine Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynda «Türkmenistanda ýaşlar barada döwlet syýasatynyň 2031-nji ýyla çenli Döwlet maksatnamasyndan» hem-de ony amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň Meýilnamasyndan ugur alyp, talyp ýaşlaryň arasynda institutyň jemgyýetçilik guramalarynyň guramagynda «Sagdyn durmuş – sagdyn jemgyýet» atly wagyz-nesihat çäresi geçirildi. Çäräniň dowamynda ýaş nesliň arasynda sagdyn durmuş ýörelgelerini giňden wagyz etmek, zyýanly endikleriň öňüni almak, bedenterbiýä we sporta bolan höwesi artdyrmak, şeýle hem ýaşlaryň ruhy we beden taýdan sagdynlygyny üpjün etmek meselelerine aýratyn üns berildi. Sagdyn durmuş ýörelgeleriniň ynsan saglygyny goramakda, jemgyýetiň abadançylygyny üpjün etmekde we ýaş nesliň kämil şahsyýetler bolup ýetişmeginde möhüm ähmiýete eýedigi bellenildi. Wagyz-nesihat çäresiniň dowamynda talyp ýaşlara sagdyn durmuş ýörelgelerine eýermek, şahsy arassaçylygy berjaý etmek, zyýanly endiklerden daşda durmak we sport bilen yzygiderli meşgullanmak barada giňişleýin düşündirişler berildi. Şeýle hem ýaşlaryň arasynda sagdyn durmuş medeniýetini kemala getirmegiň we jemgyýetde sagdyn durmuş ýörelgelerini berkitmegiň ähmiýeti barada pikir alşyldy. Çäräniň ahyrynda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy, Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza tüýs ýürekden hoşallyk sözleri aýdyldy hem-de ýurdumyzda parahatçylygyň, agzybirligiň we bagtyýar durmuşynyň mundan beýläk-de rowaç bolmagy arzuw edildi.
Ýaşlygyň we innowasiýalaryň mekany: Aşgabatdaky Halkara sergi geljege giň ýol açýar
Şu günler paýtagtymyz Aşgabat şäherinde ýerleşýän Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň ajaýyp binasynda uly baýramçylyk we ylym-bilim dabarasy höküm sürýär. Geçirilýän Saglygy goraýyş, bilim we sport halkara sergisi we onuň çäklerindäki ylmy maslahat ýurdumyzyň innowasion ösüşiniň aýdyň güwäsi bolup durýar. Bu uly çäre diňe bir dünýäniň öňdebaryjy tejribelerini we tehnologiýalaryny bir ýere jemlemek bilen çäklenmeýär, eýsem, ýaş nesilleriň, mekdep okuwçylarynyň we talyplaryň ylmy-döredijilik dünýäsine täze gadam basmagyna uly badalga berýär. Serginiň iň gelim-gidimli we joşgunly ýerleriniň biri hem bilim ulgamyna degişli bolan giň we döwrebap pawilýonlardyr. Bilim ulgamynyň pawilýonlaryna gadam basanyňda, ilkinji nobatda ýurdumyzyň sanly bilim ulgamynda gazanan sepgitleri gözüňe ilýär. Döwrebap bilim sergisinde mekdep okuwçylarynyň örän uly işjeňlik görkezýändigini bellemek gerek. Paýtagtymyzyň dürli mekdeplerinden gelen okuwçylar diňe bir tomaşaçy bolup durman, eýsem täze tehnologiýalary gyzyklanma bilen synlaýarlar, virtual tejribe otaglarynda, interaktiw tagtalarda işleýän täze programmalary synap görýärler. Bu ýerdäki sanly gollanmalar, robototehnika degişli görkezme enjamlary we programmalary mekdep okuwçylarynyň geljekde inženerçilik, IT we takyk ylymlar ugruna bolan söýgüsini has-da artdyrýar. Olar sergide sanly dünýäniň mümkinçilikleri bilen tanyş bolup, geljekki hünär saýlawlaryny has-da takyk kesgitleýärler. Bilim ulgamy bilen utgaşyklylykda, saglygy goraýyş we sport bölümleri hem örän täsirli dizaýny we mazmuny bilen tapawutlanýar. Ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamynyň ösüşi, derman senagatynyň täze önümleri, şypahana-kurort ulgamynyň mümkinçilikleri we täze gurlan döwrebap hassahanalaryň diwarlyklary uly gyzyklanma döredýär. Ýerli dermanlyk ösümliklerden taýýarlanan önümler dünýä bazarynda uly isleg bildirilýän serişdeler hökmünde görkezilýär. Sport ulgamyndaky pawilýonlar bolsa ýurdumyzda sagdyn durmuş ýörelgesiniň we köpçülikeýin sportuň nähili belent sepgitlere ýetendigini aýdyň görkezýär. Täze sport enjamlary, simulýatorlar we halkara ýaryşlarda gazanylan medallar sergä gelýänlerde uly buýsanç duýgusyny oýarýar. Jemläp aýdanymyzda, bu halkara sergi diňe bir gazanylan üstünlikleriň jemlemesi bolman, eýsem geljege tarap ädilýän ynamly ädimdir. Bilim, saglyk we sport ulgamlarynyň bir ýere jemlenmegi ýaş nesliň hem ruhy, hem fiziki taýdan kämil bolup ýetişmegine gönükdirilendir. Biz ýaşlara döwrebap bilim almak, ylym bilen meşgullanmak, sagdyn we berk bedenli bolup ýetişmekleri üçin şeýle giň şertleri we mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyza hem-de Arkadagly Gahraman Serdarymyza çäksiz minnetdarlyk bildirýäris! Ýurdumyzyň ylym-bilim, saglygy goraýyş we sport ulgamlary geljekde hem täze belentliklere ýetsin! Aşgabat şäher Baş bilim müdirliginiň Umumy orta bilim bölüminiň hünärmeni K.Muhammetorazow
Dabaraly maslahat geçirildi
2026-njy ýylyň oktýabr aýynyň 8-ine Türkmenistanyň Döwlet energetikainstitutynyň mejlisler zalynda Türkmen halkynyň Milli Lideri, TürkmenistanyňHalk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň belent paýhasly ýol-ýörelgelerine eýerip, Hormatly Prezidentimiz Arkadagly GahrymanSerdarymyzyň degişli Karary bilen tassyklanan «Türkmenistanda ýaşlar baradadöwlet syýasatynyň 2031-nji ýyla çenli Döwlet maksatnamasyndan» hem-deony amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň Meýilnamasyndangelip çykýan wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmek we onuň çuň many-mazmunyny ýaşlara düşündirmek, olarda watansöjüjilik, ruhy-ahlak we milligymmatlyklarymyza belent hormat goýmak duygularyny kämilleşdirmekmaksady bilen, Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň tassyklan ýurdumyzyňýokary okuw mekdepleriniň talyp ýaşlarynyň arasynda geçiriljek wagyz-nesihat çäreleriniň meýilnamasyndan ugur alyp, dabaraly maslahat geçirildi.Maslahatyň dowamynda ýurdumyzda ýaşlar barada edilýän bimöçber aladalarwe döredilýän mümkinçilikler dogrusynda birnäçe çykyşlar diňlenildi.Dabaranyň dowamynda institutyň «Kuwwat» aýdym-saz toparynyň çeperhöwesjeň talyp ýaşlarynyň ýerine ýetirmeklerinde Watanymyzy, HormatlyPrezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzy, türkmen halkynyň MilliLideri Gahryman Arkadagymyzy, türkmen bedewlerini wasp edýän birnäçeaýdymdyr tanslara tomaşa edildi. Dabaranyň ahyrynda oňa gatnaşyjylarBerkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzy ösüşiňtäze belentliklerine sary alyp barmak, ylymly-bilimli, sagdyn ýaşlary kemalagetirmek ugrunda tutumly işleri durmuşa geçirýän türkmen halkynyň MilliLideri Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyşhem-de hoşallyk sözlerini beýan etdiler.
BÜTINDÜNÝÄ BILIM GIŇIŞLIGINE TARAP YNAMLY ÄDIMLER
Häzirki wagtda ýurdumyzda ylym we bilim ulgamyny yzygiderli kämilleşdirmek, dünýäniň öňdebaryjy bilim edaralary hem-de abraýly halkara guramalary bilen ýakyndan hyzmatdaşlyk etmek döwrüň esasy talaplarynyň biri bolup durýar. Şu nukdaýnazardan, döredilýän mümkinçilikleriň saýasynda 2026-njy ýylyň 10-njy oktýabrynda Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri instituty bilen Ýokary bilimiň federal döwlet býudjet bilim edarasy bolan M.W.Lomonosow adyndaky Moskwa döwlet uniwersitetiniň arasynda hyzmatdaşlyk etmek hakynda ylalaşyga gol çekildi. Ylym we bilim ulgamynda özara bähbitli gatnaşyklary ýola goýmaga hem-de durnukly ösdürmäge gönükdirilen bu ädim iki ýurduň abraýly ýokary okuw mekdepleriniň arasyndaky ylmy-hünär, medeni we akademiki baglanyşyklaryň täze derejä çykmagyna hem-de innowasion gazananlaryň bilim ulgamynda giňden ornaşdyrylmagyna kuwwatly itergi berer. Ylalaşyga laýyklykda, taraplar bilim maksatnamalarynyň hilini yzygiderli ýokarlandyrmak, taraplaryň öňdebaryjy iş tejribelerini hem-de okuw-usuly resminamalaryny alyş-çalyş etmek boýunça giň möçberli işleri amala aşyrarlar. Resminamanyň esasy ugurlarynyň biri hem mugallymlaryň, talyplaryň we ylmy işgärleriň akademiki alyş-çalyşyny üpjün etmekden ybaratdyr. Hünär derejesini ýokarlandyrmak, düýpli hem-de amaly ylmy barlaglary alyp barmak maksady bilen hünärmenleri hyzmatdaş ýokary okuw mekdebine ibermek göz öňünde tutulýar. Mundan başga-da, halkara derejeli ylmy-barlag we ylmy-tehniki taslamalary, kongresleri, simpoziumlary, ylmy hem-de usuly maslahatlary, tegelek stollary we sergileri bilelikde guramak, şeýle hem ylmy-usuly neşirleriň, okuw kitaplarynyň we gollanmalaryň alyş-çalyşyny amala aşyrmak bellenilýär. Bu özara hyzmatdaşlyk iki ýokary okuw mekdebiniň arasyndaky ylmy-intelektual kuwwady birleşdirmäge we ýaş hünärmenleri taýýarlamakda täze mümkinçilikleri açmaga uly goşant goşar. Ýurdumyzyň halkara bilim hyzmatdaşlygynyň ýokary derejelere ýetmeginde ähli zerur şertleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, alyp barýan döwletli işleri diňe rowaçlyklara beslensin!
Halkara serginiň çäklerinde bilim ulgamynyň wekilleri daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen birnäçe duşuşyk geçirdi
10-njy oktýabrda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda geçirilýän «Saglygy goraýyş, bilim we sport Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe» atly halkara serginiň we ylmy maslahatyň çäklerinde Türkmenistanyň Bilim ministriniň orunbasary Azat Ataýew Gruziýadan we Beýik Britaniýadan gelen hyzmatdaşlar bilen bäş duşuşyk geçirdi. Duşuşyklaryň ählisi öň gazanylan ylalaşyklaryň dowamy boldy we olary amaly işlere öwürmäge gönükdirildi. Gruziýanyň Bilim, ylym we ýaşlar ministriniň orunbasary Zwiad Gabisonia we Gruziýanyň Türkmenistandaky ilçisi Konstantine Sabiaşwili bilen duşuşykda Türkmenistanyň Prezidentiniň Gruziýa döwlet saparynyň we bilim ulgamynda bilelikdäki iş toparynyň birinji mejlisiniň netijeleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Taraplar hyzmatdaşlygyň ýol kartasyny noýabr aýynda tassyklamagy, Şota Rustaweli adyndaky Milli ylmy gaznanyň we Horizon Europe ofisiniň türkmen alymlary üçin webinaryny geçirmegi we hyzmatdaş ýokary okuw mekdepleriniň jübütlerini kesgitlemegi ylalaşdylar. Gruzin tarapy Iş toparynyň indiki mejlisini Tbilisi şäherinde geçirmäge çagyrdy. Britan Geňeşiniň wekiliýeti bilen geçirilen duşuşyga Beýik Britaniýanyň Türkmenistandaky ilçisi Stiwen Konlon gatnaşdy. Taraplar Londonda geçirilen Bütindünýä bilim forumyndan soň gazanylan netijeleri bellediler, AELLCA maksatnamasynyň üçünji tapgyryny, iňlis dili mugallymlarynyň hünärini kämilleşdirmegi, IELTS synaglaryny Aşgabatda geçirmegiň mümkinçiliklerini, ýokary bilimiň hilini üpjün etmegi we Britaniýa bilen bilim ulgamyndaky hyzmatdaşlygyň bitewi platformasyny döretmek pikirini ara alyp maslahatlaşdylar. Cambridge University Press & Assessment guramasynyň wekilleri bilen duşuşykda türkmen mugallymlarynyň Cambridge kwalifikasiýalaryny almagy we iňlis dilini bilşi bahalandyrmak ugrunda hyzmatdaşlyk ara alnyp maslahatlaşyldy. Westminster uniwersitetiniň prorektory, professor Endrýu Linn bilen duşuşykda Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersiteti bilen baglaşylan ähtnamanyň bir ýyllygy bellenildi hem-de ony durmuşa geçirmegiň meýilnamasy, bilelikdäki doktorantura we ylmy barlaglar maslahatlaşyldy. “Hamilton House Publishers” kompaniýasy bilen çagalara iňlis dili öwretmek boýunça interaktiw okuw serişdeleri dil merkezlerine hödürlemek hem-de synag taslamasy geçirmek meselesi ara alnyp maslahatlaşyldy. Duşuşyklar Türkmenistanyň bilim ulgamynda halkara hyzmatdaşlygy giňeltmäge we ony anyk netijeler bilen baýlaşdyrmaga bolan özara gyzyklanmany tassyklady. Türkmenistanyň Bilim ministrligi
“Türkmenistanda ýaşlar barada döwlet syýasatynyň 2031-nji ýyla çenli Döwlet maksatnamasyny” ýaşlara wagyz etmek maksady bilen “Garaşsyz Diýaryň beýik üstünlikleri we halkymyzyň buýsanjy” atly maslahaty geçirildi
Mary welaýat maliýe-ykdysady orta hünär okuw mekdebiniň mugallymlarynyň we talyp ýaşlarynyň gatnaşmagynda Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň saýasynda, Hormatly Prezidentimiziň parastly baştutanlygynda täze taryhy döwürde gazanylýan ösüşleriniň, mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllygynyň ähmiýetini, şeýle hem Türkmenistanda ýaşlar barada döwlet syýasatynyň 2031-nji ýyla çenli Döwlet maksatnamasynyň wezipelerini, maksadyny, ähmiýetini wagyz etmek maksady bilen “Garaşsyz Diýaryň beýik üstünlikleri we halkymyzyň buýsanjy” atly maslahaty geçirildi. Bu maslahata Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Mary welaýat komitetiniň wekilleri hem gatnaşyp, täsirli çykyşlary bilen maslahatyň mazmunyny has-da baýlaşdyrdylar. Maslahatyň ahyrynda gatnaşyjylar Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş hem-de hoşallyk sözlerini beýan etdiler. Mary welaýat maliýe-ykdysady orta hünär okuw mekdebi
Aşgabatda halkara sergi we ylmy maslahat öz işine başlady
Şu gün paýtagtymyzdaky Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň sergiler merkezinde ýurdumyzyň durmuş-ykdysady ösüşiniň iň möhüm ugurlaryna bagyşlanan «Saglygy goraýyş, bilim we sport Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe» atly halkara sergi we ylmy maslahat öz işine başlady. Ýokary guramaçylyk derejesinde geçirilýän bu forum milli we halkara hünärmenleriň, alymlaryň hem-de dünýäniň öňdebaryjy kompaniýalarynyň gatnaşmagynda innowasion tejribeleri alyşmak üçin iri meýdança öwrüldi. Şu günki halkara çäre döwletimiziň iň gymmatly baýlygy bolan adam serişdesine, ýagny halkymyzyň saglygyna, ýaşlarymyzyň kämil bilimine we beden taýdan sagdyn ösüşine berilýän ýokary ünsüň aýdyň subutnamasydyr. Saglygy goraýyş, bilim we sport ulgamlarynyň biri-biri bilen utgaşykly ösdürilmegi ýurdumyzyň durnukly geljeginiň hamyrmaýasyny emele getirýär. Halkara serginiň ekspozisiýalarynda dünýäniň öňdebaryjy lukmançylyk enjamlaryny öndürijileriň, sanly bilim platformalaryny işläp taýýarlaýjylaryň we sport harytlarynyň halkara brendleriniň iň soňky gazanmalary görkezilýär. Sergide sanly saglygy goraýyş ulgamlary, anyklaýyş we bejeriş usullary, täze nesil okuw gollanmalary, elektron kitaphanalar hem-de sport lukmançylygynyň iň soňky durnukly çözgütleri uly gyzyklanma döredýär. Ýerli kärhanalaryň we döwlet edaralarynyň gazanan üstünlikleri hem sergide aýratyn orun eýeleýär. Serginiň çäklerinde guralýan halkara ylmy maslahatda bolsa dünýä derejesindäki alymlar we bilermenler häzirki zaman lukmançylygyň ösüş meýilleri, bilim ulgamyny sanlylaşdyrmak we sportda ýokary netijeleri gazanmagyň ylmy esaslary barada çykyş ederler. Bu platforma diňe bir netijeleriň görkezilişi däl-de, eýsem täze halkara hyzmatdaşlyklary ýola goýmak, tejribe alyşmak we göni işewürlik şertnamalaryny baglaşmak üçin ägirt uly mümkinçilikleri açýar. Bu sergi we maslahat diňe bir gazanylan üstünlikleri görkezmek bilen çäklenmeýär. Ilki bilen, tejribe alyşmak, täze halkara hyzmatdaşlyklary ýola goýmak we bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmek üçin ägirt uly mümkinçilikdir. 12-nji oktýabra çenli dowam etjek bu halkara çäre, gatnaşyjylaryň we hünärmenleriň öňünde duran täze wezipeleri kesgitlemäge hem-de sagdyn, bilimli we kämil geljegi gurmaga uly goşant goşar. Halkymyzyň sagdynlygyny, bilimini we kämil beden ösüşini üpjün etmek ugrunda durmuşa geçirýän taryhy özgertmeler, alyp barýan beýik işleri üçin türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza tüýs ýüregimizden minnetdarlygymyzy bildirýäris. Goý olaryň janlary sag, ömürleri uzak, belent başlary aman bolsun, il-ýurt bähbitli umumyadamzat ähmiýetli alyp barýan tutumly işleri mundan beýläk-de rowaçlyklara beslensin!
SAGLYGY GORAÝYŞ, BILIM WE SPORT – KÄMIL JEMGYÝETIŇ KEPILI
Garaşsyz, baky Bitarap ýurdumyzda döwlet syýasatynyň iň esasy ugurlarynyň biri adamyň saglygyny goramak, ýaş nesliň bilim derejesini has-da ýokarlandyrmak hemde köpçülikleýin bedenterbiýäni, sporty ösdürmekden ybarat. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe bu üç ugurda amala aşyrylýan düýpli özgerişlikler ýurdumyzyň halkara derejesindäki abraýyny barha ýokarlandyrýar. 10 – 12-nji oktýabry aralygynda «Saglygy goraýyş, bilim we sport berkarar döwletiň täze eýýamynyň galkynyşy döwründe» atly halkara sergi we ylmy maslahatyň geçirilmegi ýurdumyzyň bu babatda ýeten belent derejesiniň netijelerini görkezýän giňişlikdir. Häzirki wagtda ýurdumyzda bilim, ylym ulgamyna, saglygy goraýyş pudagyna uly ähmiýet berilýär. Diňe bir döwlet derejesinde däl, eýsem dünýäniň birnäçe döwletleri bilen giň gerimli hyzmatdaşlygy ýola goýmak bilen häzirki wagtda ýaş nesliň döwrebap derejede bilim gory pugtalanýar. Garaşsyzlyk ýyllarynda Türkmenistanyň saglygy goraýyş we derman senagaty ulgamynda dünýä ölçeglerine doly laýyk gelýän döwrebap lukmançylyk merkezleri, şypahana binalary we ylmy-barlag institutlary guruldy. Saglygy goraýyş diňe bir keselleri bejermek däl, eýsem olaryň öňüni almak, köpçülikleýin sagaldyş çärelerini geçirmek bilen hem berk baglanyşyklydyr. Türkmenistanyň tebigy baýlyklaryny, şol sanda milli dermanlyk ösümliklerini ylmy taýdan çuňňur öwrenmek we derman önümçiliginde peýdalanmak saglygy goraýyş ylmynyň möhüm ugurlarynyň biridir. Bu babatda esasan Gahryman Arkadagymyzyň Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri atly köp jiltli maglumata baý eserleri baş ýörelge bolup durýar. Her ýylda geçirilmesi däbe öwrülen bu sergide ýurdumyzyň bilim, ylym, sport, saglyk ulgamynda gazanan üstünlikleriniň pawliýonlarynyň baý mazmuna eýe bolmagy mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýylynyň içinde ýeten belent sepgitleriniň buýsandyryjy netijesidir. Şolaryň arasynda Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň pawilýonynyň şekillendiriş we amaly-haşam sungatynyň görnüşlerine baý bolmagy häzirki wagtda ýokary okuw mekdebinde berilýän bilimiň, öwredilýän hünäriň kämil miwesidir. Talyp ýaşlaryň ýerine ýetiren taslamalarynyň her biriniň naýbaşy eser derejesinde bolmagy we olary buýsanç bilen sergilemek, türkmen sungatynyň gorunyň artýandygynyň aýdyň kepilidir. Esasanda, eserleriň arasynda Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň çuňňur paýhasyndan dörän kitaplarynyň many-mazmunyny açyp görkezýän dizaýn taslamalary sergä gatnaşyjylaryň ünsüni özüne çekýär. Türkmen taryhyny, medeni mirasyny, milli gymmatlyklaryny açyp görkezýän sungat gymmatlyklarynyň jemlenen bu giňişligi muzeýiň belli bir bölegini synlaýan ýaly duýgyny oýarýar we tomaşaçynyň nazary türkmen ahalteke bedewiniň şekillerine eglenýär. «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly, at-myradyň mekany» ýylynda talyplardyr, halypa mugallymlar bedewleriň keşbini şekillendiriş we amaly-haşam sungaty eserlerinde giňden wasp etmegi başardylar. Şeýle hem bu giňişlikde zergärçilik sungatyna degişli bolan sowgatlyk önümlerde tebigatymyzyň gözellikleri, ýurdumyzyň gazanan üstünlikleri, türkmen medeniýetiniň, sungatynyň görnüşleri bedew atyň keşbi bilen sazlaşýar. Elbetde bilimi döredijilik bilen utgaşdyrmak adamda ruhy taýdan durnuklylygy, zähmetsöýerligi hem-de maksada okgunlylygy kemala getirýär. Sungat äleminde döredijilik dünýäsini taraşlaýan ýaş nesliň eserlerinde bagtyýar döwrümiziň waspyny belentden ýetirmegi olaryň kämillik ýoluna ilkinji gadamlaryna ymtylmasyna ýol açýar. Şol ymtylma bolsa geljekki hünärmenleriň, sungat ussatlaryň ýüze çykmagyna döredilýän mümkinçilikleriň netijesidir. Türkmenistanyň Bilim ministrligi
ÝOKARY OKUW MEKDEPLERI ÜÇIN TÄZE OKUW KITABY ÇAP EDILDI
Peder ýoluny mynasyp dowam edýän Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda halkyň saglygyny goramak, jemgyýetde sagdyn durmuş ýörelgelerini ýola goýmak, köpçülikleýin bedenterbiýäni we sporty ösdürmek babatda köp işler durmuşa geçirilýär. Keselleri ir anyklamak we netijeli bejermek, keselleriň öňüni almak boýunça öňdebaryjy usullarydyr tejribeleri ornaşdyrmak, ynsan ömrüniň dowamlylygyny uzaltmak, raýatlara elýeterli hem-de ýokary hilli lukmançylyk hyzmatlaryny hödürlemek babatda hem üstünlikli netijeler gazanylýar. Ýaňy-ýakynda, has takygy Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň gününiň öňýanynda ýurdumyzyň lukmançylyk ýokary okuw mekdepleriniň talyplary üçin «Rentgenologiýa» okuw kitaby (awtorlary: M.Jumaýew, H.Hydyrow, T.Durdyýewa – A.: Türkmen döwlet neşirýat gullugy, 2026) çap edildi. Munuň özi häzirki we geljekki lukmanlar üçin özboluşly sowgatdyr. Bu okuw kitabynda ýörite bilimli, öz kärine ussat saglygy goraýyş hünärmenlerini taýýarlamak maksady bilen häzirki zaman radiologiýasynyň we rentgenologiýasynyň gazananlaryny görkezýän maglumatlar, ylmyň we tehnikanyň täze innowasion usullary ýerleşdirildi. Okuw kitabynda täzeçe çemeleşme hökmünde keselleri we patologiýalary rentgen şöhlesi bilen bejeriş bölümi giňişleýin beýan edilip, rentgen şöhle bejergisinde ulanylýan enjamlaryň suratlary we ony ulanmagyň usullary baradaky maglumatlar getirildi. «Rentgenologiýa» okuw kitaby talyplaryň, şeýle hem bu ugurda işleýän hünärmenleriň keselleri we patologiýalary anyklamakdaky bilimlerini we başarnyklaryny ýokarlandyrmakda hem-de raýatlarymyzyň kesellerini irki derejelerde anyklap, netijeli bejergini geçirmekde uly ýardam berer. Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň Okuw kitaplaryny taýýarlamak we neşir işleri bölümi
ÝOKARY OKUW MEKDEPLERI ÜÇIN TÄZE OKUW KITABY ÇAP EDILDI
Mälim bolşy ýaly, ýurdumyzda «Il saglygy – ýurt baýlygy» diýen pähimden ugur alnyp, ynsan saglygyna döwletimiziň iň gymmatly baýlygy hökmünde garalýar. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe halkymyzyň baş saglygyny goramak ugrunda köp işler amala aşyrylýar. Ýurdumyzda lukmançylyk ulgamy ýokary depginli ösüşlere we özgerişlere eýe bolýar. Ýaňy-ýakynda, has takygy Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň gününiň öňýanynda ýurdumyzyň lukmançylyk ýokary okuw mekdepleriniň talyplary üçin «Onkologiýa» okuw kitaby (awtorlary: Jumaýew M., Hydyrow H., Hojamyradow J. – A.: Türkmen döwlet neşirýat gullugy, 2026) çap edildi. Munuň özi häzirki we geljekki lukmanlar üçin özboluşly sowgat boldy. Bu okuw kitabynda howply we howply däl täze döremeler, olaryň etiologiýasy, patogenezi, döwrebap anyklaýyş we bejeriş usullary beýan edilýär. Kitap iki bölümden ybarat. Okuw kitabynyň birinji – onkologiýanyň umumy meselelerine bagyşlanan bölüminde howply täze döremeler baradaky umumy maglumatlar, olaryň morfologik, biohimiki we biologik aýratynlyklary, kanserogeneziň nazaryýetleri, täze döremeleriň anyklanylyşynda we bejergisinde ulanylýan ýokary tehnologiýaly usullar görkezilýär. Ikinji bölümde bedeniň dürli, ýagny dem alyş, iýmit siňdiriş, peşew işläp çykaryş, kelle we boýun, aýal jyns agzalarynyň, merkezi nerw ulgamynyň howply we howply däl täze döremeleriniň etiologiýasy, toparlandyrylyşy, anyklaýyş we bejeriş usullary hem-de öňüni alyş çäreleri baradaky maglumatlar giňden beýan edilýär. Okuw kitaby diňe talyplar üçin däl-de, eýsem, lukmançylyk ulgamynda işleýänleriň ählisi üçin hem gymmatly gollanma bolup hyzmat eder. Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň Okuw kitaplaryny taýýarlamak we neşir işleri bölümi
Türkmenistanyň bilim ulgamynyň wekilleri Belarus Respublikasynyň paýtagty Minsk şäherinde geçirilen Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna (GDA) gatnaşyjy döwletleriň mugallymlarynyň we bilim işgärleriniň IX gurultaýyna gatnaşdylar
Älemiň ähli ýerinde sanly özgerişlikleriň we üýtgeşmeleriň bolup geçýän döwründe bilim ulgamynyň esasy ugry — sazlaşykly ösen, ruhy taýdan baý we sosial taýdan jogapkärli şahsyýeti terbiýelemekdir. Türkmenistanda Hormatly Prezidentimiz Berdimuhamedow Serdar Gurbangulyýewiçiň baştutanlygynda, Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň başlygy Berdimuhamedow Gurbanguly Mälikgulyýewiçiň hemişelik ýolbaşçylygynda ýaş nesli terbiýelemek konsepsiýasy döwlet syýasatynyň iň ýokary derejesine göterildi. Biz hakyky watançylygyň we ýokary ahlaklylygyň berkarar binýatda kämilleşýändigine ynanýarys: ol ene diline, taryhy mirasa we maşgala däp-dessurlaryna hormat goýmakdan, şeýle hem umumyadamzat gymmatlyklaryna we beýleki halklaryň medeniýetine bolan hormatdan ybaratdyr.Watançylygy kämilleşdirmek –ynsanperwerligi we milletara baglanyşyk medeniýetini terbiýelemek bilen aýrylmaz baglydyr. Türkmenistanyň Bitaraplyk statusy GDA giňişliginde parahatçylyk we özara hormat pikirlerini öňe sürmek üçin tebigy binýat bolup hyzmat edýär. Türkmenistanyň mekdeplerinde we ýokary okuw jaýlarynda GDA ýurtlarynyň milletara habarlaşyk dili bolan rus dili, şeýle hem Arkalaşygyň beýleki halklarynyň dilleri ýokary derejede okadylýar. Bu okuwçylarda medeniýetara başarnyklary we dialoga taýýarlygy ösdürýär. Türkmen talyplary we mekdep okuwçylary halkara olimpiadalara, sungat festiwallaryna, sport bäsleşiklerine we GDA ýurtlarynyň ýaşlar maslahatlaryna yzygiderli gatnaşyp, milli medeniýetimizi mynasyp tanyşdyrýarlar hem-de Arkalaşygyň dostlukly halklarynyň däp-dessurlary bilen tanyşýarlar. Sanlylaşdyrmak döwründe ahlak terbiýesiniň wezipeleri ýaşlara ýetirilýän maglumat täsirlerinden we negatiw akymlardan goramaklygy talap edýär.Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna (GDA) agza ýurtlaryň arasynda bilim we ylym ulgamynda alnyp barylýan hyzmatdaşlyk birnäçe esasy ugurlary we halkara guramalary öz içine alýar. Bu hyzmatdaşlyk ýurtlaryň arasyndaky taryhy gatnaşyklara, umumy standartlara we ýaş nesle döwrebap bilim bermek maksadyna daýanýar. GDA-a agza döwletleriň arasynda bilim syýasatyny utgaşdyrmak, okuw meýilnamalaryny ýakynlaşdyrmak we ylmy-barlag işlerinde bilelikdäki taslamalary amala aşyrmak üçin esasy utgaşdyryjy edara bolup durýar. Belarus Respublikasynyň paýtagty Minsk şäherinde Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna (GDA) gatnaşyjy döwletleriň mugallymlarynyň we bilim işgärleriniň IX gurulyaýy geçirildi. Bu halkara çäre GDA ýurtlarynyň bilim ulgamyndaky hyzmatdaşlygyny berkitmek, tejribe alyşmak hem-de bilim bermegiň hilini ýokarlandyrmak babatynda möhüm meýdança öwrüldi. Minsk gurultaýynda biziň delegatymyz Türkmenistanda ýaşlaryň innowasion we ylmy-tehniki taslamalara çekilişi, mekdeplerde we uniwersitetlerde IT hem-de STEM biliminiň ornaşdyrylyşy barada çykyşlar etdiler. Şeýle hem, GDA ýurtlarynyň arasynda sanly bilim portallaryny birleşdirmek, elektron kitaphana bazalaryny paýlaşmak we talyplaryň, mugallymlaryň akademiki alyş-çalyş maksatnamalaryny giňeltmek barada birnäçe möhüm teklipleri öňe sürüldi. Gurultaýda döwletlerden gelen wekiller, bilim ministrlikleriniň ýolbaşçylary, öňdebaryjy mugallymlar we talyplar gatnaşdylar. Maslahatyň dowamynda bilim ulgamyny döwrebaplaşdyrmak we sanlylaşdyrmak barada möhüm meseleler öňe sürüldi: Gurultaýyň jemleýji bölüminde GDA giňişliginde bilim berilişiniň hilini ýokarlandyrmak hem-de bilelikdäki innowasion bilim taslamalaryny durmuşa geçirmek boýunça çäreleriň Kararnamasy kabul edildi. Bu möhüm gurultaý diňe bir bilim işgärleriniň tejribe paýlaşmagyna däl, eýsem döwletleriň arasyndaky dostlukly we medeni-bilim gatnaşyklarynyň mundan beýläk-de berkitmegine uly goşant goşdy. Bu halkara forum bilim ulgamyny täze basgançaga götermek, döwrebap tehnologiýalary ornaşdyrmak we milli mekdep tejribelerini paýlaşmak üçin möhüm meýdança öwrüldi. Gurultaýyň dowamynda geçirilen seksiýa maslahatlarynda we tegelek stollarda birnäçe esasy ugurlar öňe sürüldi. Gurultaýda Türkmenistanyň mekdeplerinde sanly bilim ulgamynyň geriminiň giňeldilişi, interaktiw okuw esbaplarynyň ulanylyşy we okuwçylaryň ylym-bilim işjeňligi barada çykyş edildi. Mugallymlaryň pedagogik usulyýetini kämilleşdirmek, emeli aň we sanly gurallary sapaklary gurnamakda netijeli ulanmak barada halkara kärdeşlerimiz bilen giňişleýin pikir alşyldy.Mekdepler arasynda hyzmatdaşlygy ösdürmek, bilelikdäki halkara bäsleşikleri we okuwçylaryň bäsleşiklerini guramak barada teklipler goldanyldy. Biziň öz ýyrdumyzda ylaýta-da öz ýolbaşçylyk edýän mekdeplerimizde geljekki ädimlarimiz: Türkmenistanyň bilim ulgamynyň wekiliýetiniň düzüminde bu gutultaýa gatnaşmak we milli bilim özgerteşliklerimizi halkara bileleşigine tanyşdyrmak biziň üçin uly abraý we jogapkärçilik boldy, bilim ulgamlarynyň birleşmegine we nesillerimize döwrebap, ýokary hilli bilim bermek işine uly goşant goşdy. Aşgabat şäheriniň daşary ýurt dillerini çuňlaşdyrylyp öwredilýän ýöriteleşdirilen 29-njy orta mekdebiniň müdiri Pygamowa Gülbahar, Aşgabat şäheriniň 32-nji orta mekdebiniň müdiri Mahtumow Mekan
“Awaza - möhüm we ähmiýetli işewürlik meýdança” atly syýasy söhbetdeşlik
2026-njy ýylyň 8-nji oktýabrynda Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersiteti “Altyn asyr” Türkmenistan teleýaýlymy bilen bilelikde “Awaza - möhüm we ähmiýetli işewürlik meýdança” atly söhbetdeşligi taýýarlap, teletomaşaçylara hödürledi. «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynyň diňe bir dynç alyş däl, eýsem ýokary derejedäki syýasy-diplomatik gepleşikleriň, halkara sammitleriň geçirilýän uly merkezine öwrülendigine biz ýene bir gezek şaýat bolduk. Bilşimiz ýaly, Türkmenistan bilen Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň, Merkezi Aziýa döwletleriniň arasyndaky hyzmatdaşlyk soňky ýyllarda täze we has işjeň tapgyra gadam basdy. Türkmenistanyň 2026-njy ýylda GDA-da başlyklyk edýär. «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda 7-9-njy oktýabrynda geçirilýän GDA-nyň döwlet baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisi, Merkezi Aziýanyň we Azerbaýjan Respublikasynyň döwlet Baştutanlarynyň konsultatiw duşuşygy şeýle hem Hazar ekologiýa Sammiti diňe bir sebit derejesinde däl, eýsem global geosyýasy we geoykdysady giňişlikde hem aýratyn strategik ähmiýete eýedir. Awazada döwlet baştutanlary, ministrler, halkara guramalaryň wekilleri we bilermenler ýygnandylar. Taryhy wakalaryň esasy üns merkezine syýasat, ykdysadyýet, ekologiýa we ynsanperwer hyzmatdaşlyk meseleleri bolýar. Bu ugurlar babatda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda maslahatlar, medeni çäreler we sergiler geçirilýär. Bu ýokary derejedäki çäreler Sebitara hyzmatdaşlygy täze basgançaga çykarmak, Ýewraziýa ulag-energetika geçelgelerini ösdürmek we Hazar deňziniň ekologik deňagramlylygyny saklamakda bilelikdäki çözgütleri kabul etmek üçin uly meýdançadyr. 7-nji oktýabrda Awazada «Parahatçylygy saklamakda we durnukly ösüşe ýetmekde zenanlaryň orny» atly Halkara zenanlar dialogy öz işine başlapdy. GDA-da 2026-njy ýyl «Saglygy goramagyň ýyly» diýlip yglan edilipdi. Häzirki wagtda Türkmenbaşy halkara deňiz porty bilen Baku halkara deňiz portunyň arasyndaky ýük dolanyşygy artdyrylýar. Hytaý–Merkezi Aziýa–Kawkaz–Ýewropa ugrunda iň gysga we bäsleşige ukyply logistika zynjyry döreýär. Sebitde gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmelerini (gün we ýel energiýasy) ösdürmek, elektroulgam torlaryny birleşdirmek arkaly Ýewropa ugry boýunça «ýaşyl energiýany» eksport etmegiň gelejegi barada pikir alyşyldy. Hazar deňziniň suw derejesiniň çekilmegi we klimatyň üýtgemegi sebäpli ýüze çykýan ekologik töwekgelçilikleri ylmy taýdan öwrenmek we bilelikdäki gyssagly çäreler meýilnamasyny işläp düzmeklik barada tagallalar birleşdirildi. Ekologiýa meselesi, tebigaty goramak, eko taýdan arassa tehnologiýalary ornaşdyrmak, «ýaşyl ykdysadyýete» geçmek meselelerem bu taryhy wakalaryň esasy meselesi boldy. Hormatly Prezidentimiz Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisindäki çykyşynda: «Türkmenistan dünýä döwletleri we halkara guramalar bilen dostlukly gatnaşyklary alyp barýar. Ählumumy parahatçylyk, howpsuzlyk we durnukly ösüş babatda halkara bileleşigiň tagallalaryna hemmetaraplaýyn goldaw berýär» diýip belläpdi. Çykyş edenler gazanylýan üstünliklerden ruhlanyp, Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak, tutumly işleriniň elmydama rowaç bolmagyny arzuw etdiler. Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersiteti
Bilim – ýurtlaryň geljegini birleşdirýän güýç
2026-njy ýylyň 24-nji sentýabryndan 3-nji oktýabry aralygynda Moskwa şäherinde dürli ýurtlardan bilim bilim ulgamynyň wekilleriniň, mekdep ýolbaşçylarynyň we mugallymlarynyň “Russiýa” milli merkezinde VI synp ýolbaşçylarynyň forumy geçirildi. Bu möhüm çärä Türkmenistanyň wekili hökmünde gatnaşmak meniň üçin uly hormat we jogapkärçilik boldy. Forumyň dowamynda dürli ýurtlardan gelen bilim işgärleriniň çykyşlaryny diňlemek, olaryň iş tejribeleri bilen tanyşmak we häzirkizaman mekdebiniň öňünde durýan möhüm wezipeler barada pikir alyşmak üçin giň mümkinçilik döredildi. Forumda edilen çykyşlaryň esasy ugurlarynyň biri bilimiň hilini ýokarlandyrmak we okuwçylaryň bilim almaga bolan höwesini artdyrmak meselesi boldy. Çykyş eden hünärmenler häzirki döwürde mekdebiň diňe bilim berýän edara bolman, eýsem çaganyň şahsyýet hökmünde kemala gelýän möhüm gurşawdygyny aýratyn nygtadylar. Çaganyň mekdebe bolan söýgüsini we höwesini artdyrmak, sapaklary gyzykly hem-de döwrebap usullarda guramak, okuwçynyň döredijilik ukybyny ösdürmek baradaky pikirler aýratyn gyzyklanma döretdi. Forumyň dowamynda mugallymyň häzirkizaman jemgyýetindäki orny barada hem giňişleýin çykyşlar edildi. Mugallymyň wezipesiniň diňe okuwçynyň bilim derejesini ýokarlandyrmak bilen çäklenmeýändigi, onuň okuwçynyň dünýägaraýşynyň, ahlak gymmatlyklarynyň we durmuş endikleriniň kemala gelmeginde uly orun eýeleýändigi bellenildi. Aýratyn üns berlen meseleleriň biri hem mekdep bilen ene-atanyň hyzmatdaşlygydyr. Çaganyň bilim terbiýesinde mekdep bilen maşgalanyň bir maksada gönükdirilen, yzygiderli hyzmatdaşlygynyň örän möhümdigi çykyşlarda aýratyn bellenildi. Ene-atany çaganyň okuw we terbiýe işine çekmek, olaryň pikirlerini diňlemek, ýüze çykýan meseleleri birlikde çözmek okuwçynyň üstünliklerine oňyn möhüm şertleriň biri hökmünde görkezildi. Bu çykyşlar maňa mugallymyň her bir okuwça aýratyn şahsyýet hökmünde garamalydygyny ýene bir gezek görkezdi, Sebäbi her bir çaganyň özboluşly ukyby, gyzyklanmasy we mümkinçilikleri bar. Forumyň ýene bir möhüm temasy – okuwçylary geljekki hünärlere taýýarlamak boldy. Häzirki döwürde tehnologiýalaryň çalt ösmegi bilen täze hünärleriň peýda bolýandygy, şonuň üçin mekdebiň okuwçylarynda diňe taýýar maglumatlary öwrenmek däl-de, özbaşdak pikirlenmek, döredijilikli çemeleşmek, meseleleri çözmek we täze bilimleri özbaşdak gözlemek başarnyklaryny ösdürmelidigi bellenildi. Forumyň dowamynda dürli ýurtlaryň bilim ulgamyndaky tejribeler bilen tanyşmak meniň üçin örän gyzykly we peýdaly boldy. Her bir çykyşdan täze pikirleri, öz mekdebimizde ulanyp boljak iş usullaryny öwrenmäge mümkinçilik aldym. Şeýle halkara çäreler diňe bir tejribe alyşmak bilen çäklenmän, eýsem dürli ýurtlaryň bilim işgärleriniň arasynda dostlukly we hünär gatnaşyklarynyň berkemegine hem ýardam edýär. Şeýle möhüm we manyly çykyşlaryň arasynda men hem “Что остается после школьного звонка?” – “Mekdep jaňyndan soň näme galýar?” diýen tema boýunça öz pikirlerimi we iş tejribämi paýlaşmak mümkinçiligine eýe boldum. Çykyşymyň esasy maksady mekdebiň wezipesiniň diňe okuwça bilim bermek bilen çäklenmeýändigini görkezmekden ybaratdy. Sebäbi okuwçy mekdebi tamamlandan soň onuň eline diňe şahadatnama ýa-da belli bir derejedäki bilimler däl, eýsem onuň durmuşdaky garaýşy, adamkärçiligi, Watana bolan söýgüsi, zähmete bolan gatnaşygy we geljekki maksady galmalydyr. Çykyşymyň ahyrynda ýene-de şol soraga dolandym: “Mekdep jaňyndan soň näme galýar?” Meniň pikirimçe, mekdep jaňyndan soň iň möhüm zat – mugallymyň okuwçynyň kalbynda galdyran yzydyr. Bilim galýar. Ýatlamalar galýar. Dostluk galýar. Öwredilen gymmatlyklar galýar. Iň esasy bolsa – geljegini gurmaga taýýar täze nesil galýar. Moskwada geçirilen bu forumdan alan esasy netijäm şundan ybarat boldy: bilimiň hilini ýokarlandyrmak üçin diňe täze tehnologiýalar däl, eýsem mugallymyň ýürekden edýän zähmeti, okuwça bolan ynamy, ene-ata bilen edýän hyzmatdaşlygy we her bir çaganyň aýratynlygyna hormat goýmagy zerurdyr. Türkmenistanyň wekili hökmünde şeýle abraýly çärä gatnaşmak, ýurdumyzyň bilim ulgamynda alnyp barylýan işler barada gürrüň bermek we beýleki ýurtlaryň tejribelerini öwrenmek meniň üçin uly tejribe boldy. Şeýle mümkinçilikleriň döredilýändigi üçin Türkmenistanyň Prezidenti, Arkadagly Gahryman Serdar Berdimuhamedowa tüýs ýürekden hoşallygymy bildirýärin. Bilim ulgamyna, ýaş nesliň döwrebap bilim we terbiýe almagyna berilýän uly üns biz-bilim işgärleri üçin hem uly ruhy goldaw hem-de jogapkärçilikdir. Bu forumda eşiden we öwrenen täze pikirlerimizi öz işimizde netijeli peýdalanmak, okuwçylaryň bilim derejesini we terbiýesini has-da ýokarlandyrmak üçin ulanmak biziň esasy maksadymyz bolmalydyr. Sebäbi häzirki okuwçynyň bilimine we terbiýesine goýlan maýa goýum – Watanymyzyň geljegine goýlan maýa goýumdyr. Aşgabat şäheriniň Türkmenistanyň Gahrymany Gurbansoltan eje adyndaky ýöriteleşdirilen 72-nji orta mekdebiniň müdüri Aşyrowa Amanşeker Güýçgeldiýewna
Türkmenistanyň wekiliýeti Kiotoda geçirilen «Jemgyýetde ylym we tehnologiýalar» atly halkara foruma gatnaşdy
Ýaponiýa bolan iş saparynyň dowamynda Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň hem-de Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň wekillerinden ybarat bolan türkmen wekiliýeti «Jemgyýetde ylym we tehnologiýalar» (STS) atly halkara foruma, şeýle hem onuň çäklerinde geçen Ylym we tehnologiýalar ministrleriniň derejesindäki «tegelek stoluň» 22-nji mejlisine gatnaşdy. Forumyň dabaraly açylyşy 4-nji oktýabrda Ýaponiýanyň Kioto şäherinde geçirildi. Ýaponiýanyň Premýer-ministri Sanae Takaiti foruma gatnaşyjylara gutlag sözleri bilen ýüzlenip, çykyşynda ylmy innowasiýalaryň ählumumy durnukly ösüşe, parahatçylyga we adamzadyň abadançylygyna gulluk etmelidigini nygtady. «Jemgyýetde ylym we tehnologiýalar» atly halkara forumynyň başlygy Hiroşi Komiýamanyň çykyşynda ylym we tehnologiýalaryň çalt ösýän eýýamynda dünýäniň öňünde durýan wezipeleri ýeňip geçmek we täze mümkinçilikleri netijeli ulanmak üçin halkara hyzmatdaşlygyň we köptaraply gepleşikleriň aýratyn ähmiýete eýedigi bellenildi. Forumyň umumy we ugurdaş mejlislerinde 2030-njy ýyla çenli we ondan soňky döwür üçin ösüş mümkinçiliklerine garaldy. Emeli aň, biotehnologiýalar we gaýtadan dikeldilýän energetika ýaly ugurlaryň ahlak kadalarynyň esasynda ösdürilmegine aýratyn üns berildi. Forumyň dowamynda London Patyşalyk jemgyýetiniň ýerine ýetiriji direktory Juli Makstonyň başlyklyk etmeginde umumy mejlis geçirildi. Onda emeli aňyň jemgyýete ýetirýän oňyn täsiri bilen bir hatarda, onuň bilen bagly bolan ahlak we amaly töwekgelçilikler giňden ara alnyp maslahatlaşyldy. Mejlislerde ylmy gazanylanlary daşky gurşawy goramak maksatlary bilen utgaşdyrmak, sanlylaşdyrylma şertlerinde adam mümkinçiliklerine maýa goýumlary artdyrmak we hünärmenleriň täze neslini taýýarlamakda ýokary okuw mekdepleriň eýeleýän orny boýunça gymmatly pikirler beýan edildi. Gatnaşyjylaryň bu gepleşikleri forumyň ylym bilen jemgyýetiň arasyndaky baglanyşygy berkitmekdäki möhüm waka hökmündäki ähmiýetini has-da artdyrdy. Çäräniň dowamynda 5-nji oktýabrda «Academy of Science Presidents' Meeting» («Ylymlar akademiýalarynyň prezidentleriniň duşuşygy») atly ýörite mejlisde Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň prezidenti Allaberdi Aşyrow çykyş etdi. Ol öz çykyşynda Türkmenistanyň ylmy-barlag işlerini ösdürmek, önümçilige ýokary tehnologiýalary ornaşdyrmak, ýaş alymlary goldamak we taýýarlamak boýunça döwlet syýasatynyň strategiýasyny giňişleýin beýan etdi. Çykyş eden durnukly ösüş maksatlaryna ýetmek üçin halkara ylmy hyzmatdaşlygy berkitmegiň, bilelikdäki innowasion taslamalary amala aşyrmagyň we ylymlar akademiýalarynyň arasynda tejribe alyşmagyň uly ähmiýete eýedigini nygtady. Türkmen wekiliýetiniň bu foruma gatnaşmagy halkara hyzmatdaşlygy we dostlukly gatnaşyklary giňeltmek, ýurduň bilim we ylmy-barlag mümkinçiligini ýokarlandyrmak, şeýle hem milli bilim we ylym edaralarynyň işine dünýäniň öňdebaryjy tejribesini ornaşdyrmak üçin uly ähmiýete eýedir. Türkmen wekiliýetiniň ylym, bilim we tehnologiýa hyzmatdaşlygyny has-da ösdürmek maksady bilen Ýaponiýa guralan sapary 8-nji oktýabra çenli dowam eder. Saparyň çäklerinde türkmen wekiliýetiniň Ýaponiýanyň öňdebaryjy uniwersitetleriniň, ylmy-barlag edaralarynyň we tehnologik kompaniýalarynyň wekilleri bilen duşuşyklary geçirendigi barada biz ozal habar beripdik. Anastasiýa Kasýanowa
Türkmen talyplary Germaniýada we Niderlandlarda «John Deere» kompaniýasynyň kärhanalarynda önümçilik tejribesini geçdiler
S.A. Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň oba hojalygynyň mehanizasiýasy hünäriniň 10 talyby uniwersitetiň 2 mugallymynyň ýolbaşçylygynda Germaniýada we Niderlandlarda «John Deere International GmbH» kompaniýasynyň kärhanalarynda önümçilik tejribesini geçdiler. Okuw sapary 19–26-njy sentýabr aralygynda dünýä belli maşyn gurluşyk kompaniýasynyň önümçiliklerindäki öňdebaryjy tehnologiýalar bilen tanyşmak we onuň häzirki zaman oba hojalyk tehnikasynyň mümkinçiliklerini öwrenmek maksady bilen geçirildi. Saparyň dowamynda türkmen wekiliýeti Germaniýanyň Mangeým şäherindäki traktor zawodynda, şeýle hem maldarçylyk ugruna ýöriteleşen «Lehr und Versuchsanstalt Neumühle» ylmy, okuw-önümçilik kärhanasynda boldular. Bu ýerde tejribe geçýän gatnaşyjylar kuwwatly maşynlardan peýdalanmagyň düzgünleri we olaryň ulanylyş aýratynlyklary bilen tanyşdylar. «John Deere Forum» merkezinde kompaniýanyň hünärmenleri onuň dörediliş taryhy, ösüş tapgyrlary, gazanan üstünlikleri we geljekki meýilnamalary barada giňişleýin maglumat berdiler. Kompaniýanyň sargyt edijileriň şahsy talaplaryny nazara alyp, degişli tehnikalary öndürmek üçin mümkinçilikleriniň bardygy bellenildi. Talyplara dürli kuwwatdaky traktorlaryň aýry-aýry şaýlarynyň taýýarlanylmagyndan başlap, taýýar tehnikanyň ýygnalyşyna çenli önümçiliginiň ähli tapgyrlaryna syn etmek mümkinçiligi döredildi. Tejribeligiň çäklerinde Niderlandlar Patyşalygynyň Horst şäherindäki «John Deere» kompaniýasynyň zawodynda okuw sapaklary geçirildi. Bu zawodda asylýan we özi ýöreýän pürkijiler öndürilýär. Türkmen wekiliýetiniň agzalary M700i, M900i, R414i, R4150i modelleriniň häzirki zaman pürkijileriniň, şeýle hem täze 550R özi ýöreýän pürkijiniň innowasion tehnologiýalary we önümçilik tapgyrlary bilen tanyşdylar. Kompaniýanyň wekilleri dökünleri we ösümlikleri goramak serişdelerini ýokary takyklykda ulanmaga mümkinçilik berýän «ExactApply» integrirlenen ulgamynyň aýratynlyklary, şeýle hem kameralaryň kömegi bilen haşal otlary kesgitleýän we diňe zerur ýerleri işläp bejermäge mümkinçilik berýän «See and Spray» tehnologiýasy barada gürrüň berdiler. Saparyň çäklerinde türkmen ýokary okuw mekdebiniň wekilleri Germaniýanyň Frankfurt şäheriniň we Niderlandlaryň paýtagty Amsterdam şäheriniň taryhy we medeni gözel ýerlerine baryp gördüler. Önümçilik tejribesine gatnaşmak arkaly türkmen oba hojalyk ýokary okuw mekdebiniň talyplary gymmatly amaly tejribe toplap, bilimlerini ep-esli baýlaşdyrdylar we hünär taýýarlyklaryny kämilleşdirdiler. Geljekki türkmen hünärmenleri üçin şeýle daşary ýurt tejribe okuwlarynyň yzygiderli geçirilmegi ýurdumyzda ýokary hünärli işgärleri taýýarlamak, bilimiň hilini ýokarlandyrmak we halkara ylym-bilim hyzmatdaşlygyny işjeň ösdürmek babatda döwletiň öňünde goýlan möhüm wezipeleriň çözülmegine ýardam berýär.
Mekdep okuwçylarymyz Koreýa Respublikasynda geçiriljek halkara robototehnika bäsleşigine gatnaşar
Ýurdumyzyň mekdep okuwçylaryndan ybarat topar robototehnika boýunça Koreýa Respublikasynyň Inçhon şäherinde geçiriljek «FIRST Global Challenge 2026» atly halkara bäsleşigine gatnaşar. «Robotlaryň Olimpiadasy» diýlip hem atlandyrylýan bu iri bäsleşik 7 – 10-njy oktýabr aralygynda geçiriler. Oňa dünýäniň 190-dan gowrak döwletiniň ýaşlarynyň gatnaşmagyna garaşylýar. Bu halkara bäsleşige gatnaşjak «OguzRobot» topary Aşgabat şäherindäki dil dersleri çuňlaşdyryp öwredýän ýöriteleşdirilen 97-nji orta mekdebiniň okuwçylary Nowbatow Suhan, Rejepow Oraznyýaz, Çolukow Aznawur, Babajyýew Arslan we Gurbanow Daýhan dagysyndan düzülen. Topar «Ýaş inžener 2026» bäsleşiginde tapawutlanan okuwçylardan seçilip alnyp, aprel aýyndan bäri «Kämil bilim» okuw merkeziniň «Erjeller» kompýuter bölüminde ýörite taýýarlyk gördi. Olara Arkadag şäherindäki 1-nji ýöriteleşdirilen okuw-terbiýeçilik toplumynyň informatika mugallymy Myrat Sähetgulyýew we Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň talyby Dawut Gurbanow tälim berdiler. «FIRST Global Challenge» – Olimpiýa oýunlary görnüşinde guralýan robot tehnologiýasy boýunça halkara bäsleşik bolup durýar. Ol bu gezek tebigatda döreýän ýangynlara garşy göreşmekde innowasion çözgütlere («Igniting Innovation») bagyşlanýar. Ýatlap geçsek, mekdep okuwçylarymyz geçen ýyl Panamada geçirilen bu abraýly halkara ýaryşda üstünlikli çykyş edip, «Skill Challenge» ugrundan birinji orna mynasyp bolupdy. Okuwçylarymyza üstünlikler arzuw edýäris!
TÜRKMEN TALYPLARY — HALKARA OLIMPIADANYŇ ÝEŇIJILERI
Maliýe howpsuzlygy boýunça VI halkara olimpiadada ýurdumyzyň talyplary ýeňiji we baýrakly orunlara mynasyp boldular. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň hem-de Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň parasatly ýolbaşçylygynda ýurdumyzda bilim ulgamyny döwrebaplaşdyrmaga, ýaşlaryň döwrebap bilim almaklary we halkara giňişlikde öz zehinlerini görkezmekleri üçin ähli şertleri döretmäge aýratyn üns berilýär. Munuň aýdyň subutnamasy hökmünde «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda, eziz Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly baýramy bellenilýän günlerde türkmen talyplary abraýly halkara bäsleşikde ýokary netijeleri gazandylar. 27-nji sentýabrdan 2-nji oktýabr aralygynda Russiýa Federasiýasynyň Krasnoýarsk şäherinde, Sibir federal uniwersitetiniň binýadynda Maliýe howpsuzlygy boýunça VI halkara olimpiadanyň jemleýji tapgyry geçirildi. Dünýäniň 40-dan gowrak döwletinden 700 töweregi okuwçy we talyp gatnaşan bu bäsleşigiň esasy temasy maliýe howpsuzlygy ulgamynda emeli aňy ulanmak we munuň bilen baglanyşykly töwekgelçilikler boldy. Olimpiada ýurdumyzyň ýedi ýokary okuw mekdebiniň on talyby gatnaşdy. Olar halkara gatnaşyklar, hukuk, ykdysadyýet we maglumat howpsuzlygy ugurlary boýunça ýaryşyp, iki ýeňiji we alty baýrakly orna mynasyp boldular. Halkara gatnaşyklar ugry boýunça: Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň talyby Abdykadyrow Dawud Zakirjanowiç we Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň talyby Hümmetjumaýew Sahydöwlet Agadurdyýewiç baýrakly orunlara mynasyp boldular. Hukuk ugry boýunça: Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň talyby Rejepow Rejep Bagtyýarowiç we Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň talyby Gurbanowa Güljahan Jumamyradowna olimpiadanyň ýeňijileri diýlip yglan edildi. Ykdysadyýet ugry boýunça: Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynyň talyby Esedow Şukur Esedowiç, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň talyby Gezerow Dawut Merdanowiç hem-de Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň talyby Tuwakow Hanmuhammet Baýramowiç baýrakly orunlary eýelediler. Şol institutyň talyby Bekiýewa Bahar Bekmyradowna hem olimpiadanyň jemleýji tapgyrynda mynasyp çykyş etdi. Maglumat howpsuzlygy ugry boýunça: Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň talyby Begnazarow Begnazar Muhammetnazarowiç baýrakly orna mynasyp boldy. Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika institutynyň talyby Serdarow Jumageldi Arslanowiç hem jemleýji tapgyrda öz bilimini we ukybyny görkezdi. Häzirki sanly zamanda maliýe serişdelerini we maglumatlary kiberhowplardan goramak döwletleriň durnukly ösüşiniň möhüm şerti bolup durýar. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň başlangyçlary bilen ýurdumyzda sanly ykdysadyýeti ösdürmek, kiberhowpsuzlygy üpjün etmek we bu ugurda ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamak boýunça giň gerimli işler alnyp barylýar. Talyplarymyzyň halkara olimpiadada gazanan üstünlikleri bu syýasatyň netijeliligini doly tassyklaýar. Olimpiadanyň dowamynda türkmen ýaşlary dünýäniň dürli ýurtlaryndan gelen deň-duşlary bilen tejribe alyşyp, dostluk gatnaşyklaryny berkitdiler, Bitarap Türkmenistanyň parahatçylyk söýüjilikli syýasaty we ýurdumyzyň gazanan üstünlikleri barada gürrüň berdiler. Olar bu ýeňşiň ilkinji nobatda ýaşlara döredilýän giň mümkinçilikleriň, mugallymlaryň yhlasly zähmetiniň netijesidigini nygtaýarlar. Ýeňiji we baýrakly orunlara mynasyp bolan talyplarymyz bu şatlykly pursatda ýaşlara görkezýän uly aladalary üçin hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowa we Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowa tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, alan bilimlerini eziz Diýarymyzyň gülläp ösmegine gönükdirjekdiklerini, ata Watanymyzyň şan-şöhratyny halkara giňişlikde mundan beýläk-de belende götermäge çalyşjakdyklaryny aýdýarlar.
ÝAGŞYGELDI KAKAÝEW ADYNDAKY HALKARA NEBIT WE GAZ UNIWERSITETINDE IŞLENIP TAÝÝARLANYLAN PROGRAMMA ÜPJÜNÇILIGI IŞJEŇ PEÝDALANYLÝAR
Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetinde ýokary hünär biliminiň hilini ýokarlandyrmak, okuw işlerini we resminama dolanyşygyny sanly tehnologiýalaryň esasynda awtomatlaşdyrmak, şeýle hem administratiw işleriň netijeliligini ýokarlandyrmak boýunça yzygiderli işler alnyp barylýar. Şol işleriň çäklerinde tehniki ylymlaryň kandidaty M. Çüriýewiň ýolbaşçylygynda uniwersitetiň mugallymlary we hünärmenleri tarapyndan “Bakalawrlaryň diplom goşundysy – Supplement resminamasyny taýýarlaýjy” atly kompýuter programma üpjünçiligi işlenip taýýarlanyldy. Programma ýokary okuw mekdeplerinde bakalawr we magistr maksatnamalary boýunça okuwlaryny tamamlaýan uçurymlaryň diplomlaryna goşulýan Supplement resminamasyny taýýarlamak işini awtomatlaşdyrmaga niýetlenendir. Programmanyň esasy wezipesi talyplaryň okuw döwründe alan bahalary baradaky maglumatlary elektron görnüşde kabul edip, bellenilen nusga laýyklykda her bir uçurym üçin aýratyn diplom goşundysyny taýýarlamakdan ybaratdyr. Programma degişli maglumatlary Microsoft Excel-de taýýarlanan sanawnamadan awtomatiki kabul edýär. Sanawnamada talyplaryň okuw döwründe alan synag, hasap, ýyllyk iş, tejribelik we döwlet synaglary boýunça bahalary 100 ball ulgamynda görkezilýär. Programma işledilende ilki degişli taýýarlyk ugrunyň uçurymlary boýunça maglumatlar ýüklenilýär we şol ugra degişli Supplement şablony saýlanýar. Soňra programma maglumatlary awtomatiki işläp, bellenilen görnüşdäki resminamany Microsoft Word görnüşinde taýýarlaýar. Programmanyň işi iki esasy tapgyrdan ybarat: maglumatlary ýüklemek we Supplement resminamasyny taýýarlap, ýatda saklamak. Programma Delphi programmirleme dilinde işlenip taýýarlanylan, standart Windows goşundysy görnüşinde işleýär. Onuň kompýuterde eýeleýän göwrümi 13 484 577 baýt bolup, IBM PC kysymdaş kompýuterde, i3 prosessorly, 1 GB işjeň ýatly we 10 GB gaty diskli ulgamlarda ulanmak üçin niýetlenendir. Programma 2025/2026-njy okuw ýylynyň ahyrynda ilkinji gezek uniwersitetde “Maglumat ulgamlary we tehnologiýalary (nebitgaz pudagynda)” we “Maglumat howpsuzlygy” taýýarlyk ugurlaryny tamamlan uçurymlaryň diplom goşundylaryny taýýarlamakda ulanyldy. Programmanyň ornaşdyrylmagy degişli işgärleriň işini ýeňilleşdirmäge, resminamalary taýýarlamak üçin sarp edilýän wagty ep-esli azaltmaga we resminama dolanyşygynyň netijeliligini ýokarlandyrmaga mümkinçilik berýär. Faýllardaky maglumatlara görä, birnäçe günüň dowamynda elde ýerine ýetirilýän iş programma arkaly takmynan 1–2 minutda amala aşyrylyp bilner. Programma üpjünçiliginiň awtorlyk hukugy Türkmenistanyň Intellektual eýeçiligi boýunça Döwlet gullugy tarapyndan 2026-njy ýylyň 25-nji maýynda №1537 belgili awtorlyk şahadatnamasy bilen tassyklanyldy. Programmanyň döredilen senesi — 1-nji maý 2026-njy ýyl. Bu programma üpjünçiligini ýokary okuw mekdeplerinde ulanmak diplom goşundylaryny taýýarlamak işini sanly görnüşde awtomatlaşdyrmaga, resminamalaryň taýýarlanylyşynda adam tarapyndan goýberilýän ýalňyşlyklary azaltmaga, işgärleriň wagt çykdajylaryny tygşytlamaga hem-de bilim ulgamynda sanly tehnologiýalaryň netijeli ulanylmagyna ýardam berer.
В Минске состоится IX Съезд учителей и работников образования государств – участников СНГ
1 и 2 октября в Минске пройдет IX Съезд учителей и работников образования государств – участников СНГ. В масштабном форуме примут участие делегации Беларуси, России, Казахстана, Кыргызстана, Таджикистана, Туркменистана и Узбекистана.Тема Съезда — интеграционные процессы в сфере образования государств – участников СНГ в условиях современных вызовов.1 октября состоятся торжественное открытие и пленарное заседание в Национальной библиотеке Беларуси. Также пройдет церемония награждения нагрудным знаком «Отличник образования Содружества Независимых Государств».2 октября в рамках Съезда пройдет второй этап IV Международного фестиваля педагогического мастерства с мастер-классами в номинациях «Учитель», «Воспитатель» и «Психолог/социальный педагог».Кроме того, будут работать семь тематических секций, посвященных развитию всех уровней образования — от дошкольного до высшего. Эксперты обсудят инклюзивное образование, инновационные практики воспитания и развитие дополнительного образования детей и взрослых.Завершится Съезд торжественным закрытием и праздничным концертом ко Дню учителя во Дворце Республики.
Astana şäherinde geçirilen «Malaýziýa – Merkezi Aziýa Ýokary bilim forumy»
Häzirki wagtda Türkmenistanyň daşary syýasy strategiýasynda ylym-bilim ulgamyny kämilleşdirmek, ýokary halkara standartlaryna laýyklykda sanlylaşdyrmak we dünýäniň öňdebaryjy ylym-bilim merkezleri bilen tejribe alyşmak wezipesi wajyp orun eýeleýär. Bu ugurda Günorta-Gündogar Aziýanyň innowasion taýdan iň ösen döwletleriniň biri bolan Malaýziýa bilen ýola goýulýan we ýyldan-ýyla pugtalanýan hyzmatdaşlyk özüniň oňyn netijelerini berýär. Iki dostlukly ýurduň arasyndaky bilim ulgamyndaky gatnaşyklar döwrüň talaplaryna laýyklykda täze mazmun we uly depgin bilen baýlaşdyrylýar. 2026-njy ýylyň 28-nji sentýabrynda Gazagystan Respublikasynyň Astana şäherinde Malaýziýa-Merkezi Aziýa ýokary bilim forumy geçirildi. Bu foruma Merkezi Aziýa ýurtlarynyň wekilleri bilen birlikde ýurdumyzdan Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň işgäri Berdinazar Haşyrow hem gatnaşdy. Bu forumyň esasy maksady Malaýziýanyň ýokary bilim ulgamyny Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ýokary bilim ulgamlary bilen uýgunlaşdyrmakdan, taraplaryň arasynda ýokary bilim ulgamynda halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmekden we Malaýziýanyň ýokary okuw mekdepleri bilen tanyşdyrmakdan ybaratdyr. Günüň birinji ýarymynda Malaýziýanyň Gazagystan Respublikasyndaky ilçisi, Malaýziýanyň ýokary bilim ministrliginiň, Gazagystan Respublikasynyň ylym we ýokary bilim ministrliginiň, Malaýziýanyň we Gazagystan Respublikasynyň ýokary okuw mekdepleriniň wekilleri çykyş etdiler. Çykyşlarda Malaýziýanyň Merkezi Aziýa ýurtlary bilen bilim ulgamyndaky hyzmatdaşlygyny ösdürmegiň meselelerine seredildi. Forumyň çäklerinde Türkmenistan bilen Malaýziýanyň arasynda bilim ulgamyndaky hyzmatdaşlygy ösdürmek bilen baglanyşykly pikir alyşmalar hem bolup geçdi we bu pikir alyşmalaryň çäklerinde Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň wekili Türkmenistan bilen Malaýziýanyň arasyndaky ylym-bilim gatnaşyklarynyň berk şertnamalaýyn-hukuk binýadyna daýanýandygyny, ýokary derejeli duşuşyklaryň we bilelikdäki hökümetara toparlarynyň mejlisleriniň çäklerinde baglaşylan şertnamalaryň bu gatnaşyklaryň binýadyny düzýändigini, mundan başga-da, soňky ýyllarda Malaýziýanyň dünýä reýtinglerinde ýokary orunlary eýeleýän uniwersitetleri (meselem, Universiti Malaya we Universiti Tenaga Nasional) bilen Türkmenistanyň öňdebaryjy ýokary okuw mekdepleriniň arasynda akademiki hereketlilik we tejribe alyşmak barada şertnamalaryň baglaşylandygyny belläp geçdi. Şeýle hem iki ýurduň uniwersitetleriniň arasyndaky hyzmatdaşlygyň diňe bir talyplaryň okuw maksatnamalaryny öz içine alaman, eýsem, ykdysadyýetiň strategiki pudaklary üçin ýokary derejeli hünärmenleriň taýýarlanmagyny hem öz içine alýandygyny, bu ugurda Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersiteti bilen Malaýziýanyň dünýä belli «Petronas» Tehnologiýa uniwersitetiniň (UTP) arasyndaky köpýyllyk hyzmatdaşlygyň aýratyn nusgalykdygyny, bu ýerde geologiýa, nebit- gaz inženerçiligi, himiki tehnologiýalar we energetika ugurlary boýunça bilelikdäki okuw meýilnamalarynyň üstünlikli durmuşa geçirilýändigini, Malaýziýaly professorlaryň we halkara bilermenleriň ýygy-ýygydan Aşgabada gelip, türkmen talyplary üçin ýöriteleşdirilen okuw sapaklaryny we master-klaslaryny guraýandygyny belledi. Şunuň bilen birlikde, Halkara senagatçylar we telekeçiler uniwersiteti, Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika instituty ýaly döwrebap okuw mekdepleriniň hem Malaýziýanyň abraýly ylmy merkezleri we CRUX ýaly barlag institutlary bilen hyzmatdaşlyk edýändigini, häzirki wagtda taraplar marketing, logistika, sanly ykdysadyýet, kiberhowpsuzlyk we emeli aň ýaly iň döwrebap ugurlarda okuw maksatnamalaryny kämilleşdirmek boýunça işleri alyp barýandyklary barada habar berildi. Forumyň çäklerindäki söhbetdeşlikleriň dowamynda Malaýziýa döwleti türkmen ýaşlarynyň iň köp saýlap alýan we bilim alýan halkara merkezleriniň biridigi nygtalyp geçildi. Malaýziýanyň Hökümeti tarapyndan goldanylýan «Malaysian Technical Cooperation Programme» (MTCP) atly maksatnama Türkmenistanyň dürli ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň hünärmenlerine, şeýle hem ýaş alymlara Malaýziýanyň öňdebaryjy okuw merkezlerinde gysga we uzak möhletli hünär ýokarlandyryş okuwlaryny geçmäge şert döredýändigi barada aýdylyp geçildi. Şeýle hem häzirki wagtda bilim ulgamynyň sanlylaşdyrylmagy bilen, Türkmenistan-Malaýziýa onlaýn bilim platformalaryny ösdürmäge uly üns berýärler. Bu ugurda Malaýziýanyň uniwersitetleriniň tejribeli mugallymlarynyň uzak aralykdan (webinarlar arkaly) türkmen talyplaryna telekeçilik we innowasiýalaryň geçirilişi boýunça dersleri geçýändikleri we bu dersleriň bolsa talyplaryň dünýä ülňülerine laýyk gelýän innowasion pikirlenmesini ösdürmäge kömek edýändigi barada bellenilip geçildi. Günüň ikinji ýarymynda Malaýziýanyň öňdebaryjy 8 sany ýokary okuw mekdepleriniň we bu ugurda hereket edýän edaralaryň (University Malaysia Pahang Al-Sultan Abdullah UMPSA, International Medical University IMU, Education Malaysia Global Services EMGS, University Tunku Abdul Rahman UTAR, University Pendidikan Sultan Idris UPSI, University Kuala Lumpur UniKL, ASIA School ot Business, Asia Pacific University ot technology and innovation) wekilleri öz prezentasiýalary bilen çykyş etdiler. Görnüşi ýaly, Türkmenistan bilen Malaýziýanyň arasyndaky bilim pudagyndaky gatnaşyklar diňe bir iki ýurduň bähbidine bolman, eýsem, bütin sebitde durnukly ösüşi üpjün etmäge, ýokary hünärli hünärmenleri kemala getirmäge we halklaryň arasyndaky dostluk we ynamdar gatnaşyklary has-da berkitmäge saldamly goşant goşýar.
Dabaraly çäre geçirildi
2026-njy ýylyň oktýabr aýynyň 1-ne Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynda Mary welaýatynyň hormatly Il ýaşulylarynyň, kümüş saçly eneleriň, institutyň professor-mugallymlarynyň we talyp ýaşlarynyň gatnaşmaklarynda Halkara ýaşulular güni mynasybetli dabaraly çäre geçirildi. Dabaranyň dowamynda her ýylyň 1-nji oktýabrynda Birleşen Milletler Guramasyna girýän döwletleriň ählisinde Halkara ýaşulular güni dabaraly ýagdaýda bellenilip geçilýändigi dogrusynda birnäçe çykyşlar we gutlaglar diňlenildi. Dabaranyň dowamynda hormatly Il ýaşulylara, kümüş saçly enelere we professor-mugallymlara baýramçylyk mynasybetli institutyň jemgyýetçilik guramalary tarapyndan ýadygärlik sowgatlar gowşuruldy. Soňra bolsa institutyň ruhubelent talyplarynyň ýerine ýetirmeklerinde Watanymyzy, Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzy, Arkadagly Gahryman Serdarymyzy wasp edýän birnäçe aýdymlara tomaşa edildi. Dabaranyň ahyrynda oňa gatnaşyjylar döredilýän ähli mümkinçilikler üçin Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş hem-de hoşallyk sözlerini aýtdylar. Türkmenistanyň Döwlet energetika instituty
“Geňeşli il – döwletli il” atly tegelek stol gepleşigi
2026-njy ýylyň 23-nji sentýabrynda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisi geçirildi. Her ýyl altyn güýzüň ilkinji aýynda Garaşsyzlygymyzyň şanyna uludan toýlanylýan baş baýramymyzyň öň ýanynda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisiniň geçirilmeginde-de uly many bar. Jemgyýetçilik-syýasy taýdan örän uly ähmiýete eýe bolan bu waka ýurdumyzyň Garaşsyz ösüş ýyllarynda gazanylan üstünlikler, ýetilen belent sepgitleri seljermek, geljegi nazarlap, iň wajyp wezipeleri kesgitlemek üçin möhüm pursatdyr. Türkmenistanyň Halk Maslahaty giň jemgyýetçiligiň wekillerini, şol sanda ýaşlary bir döwrede jemleýän umumy milli forumdyr. Bu il ähmiýetli döwlet çäresi mynasybetli Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersiteti “Altyn asyr” Türkmenistan teleýaýlymy bilen bilelikde söhbetdeşlik taýýarlady. Çykyşlarda bellenilşi ýaly, il bähbitli, ýurt ähmiýetli wajyp wezipeleri, möhüm meseleleri köpçüligiň pikirini diňläp, halka sala salyp çözmek ata-babalarymyzdan gelýän asylly ýörelgeleriň biridir. Türkmen halkynda indi däbe öwrülip giden bu ýörelge agzybirlik, jebislik, durnukly ösüş ýaly umumy jemgyýetçilik ähmiýetli gymmatlyklaryňdyr ýurtda durmuş-ykdysady taýdan gazanylanlaryň has berkidilmeginde-de möhüm orna eýedir. Çünki, milli demokratiýanyň özboluşly alamatlarynyň biri bolan geňeş däbinde il-ýurt bähbitli, jemgyýetçilik ähmiýetli meselelerde raýatlaryň öz pikir-garaýyşlaryny, tekliplerini beýan etmegi arkaly syýasy taýdan işjeňliginiň artmagyna, durmuşa geçirilýän özgertmelere öz sesini, goşandyny goşmagyna giň mümkinçilikler döreýär. Türkmen jemgyýetinde şeýle demokratik däpler, asylly ýol-ýörelgeler berkidilip, Türkmenistanyň Halk Maslahaty bu ugurda giň gerimli işleri durmuşa geçirýär. Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak, tutumly işleriniň elmydama rowaç bolmagyny arzuw etdiler. Gadam basylan 2026-njy ýylyň şygaryndan ruhlanyp, Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň daşyna mäkäm jebisleşip, şanly ýylda döredijilikli we netijeli zähmet çekmelidiris diýip, çykyş edenler aýtdylar. Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersiteti
Türkmen ýokary okuw mekdebinde emeli aňa esaslanan «Elektron uniwersitet» innowasion platformasy işe girizildi
Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetinde bu ýokary okuw mekdebiň hünärmenleri we talyplary tarapyndan bilelikde işlenilip düzülen emeli aňa daýanýan «Elektron uniwersitet» atly innowasion platformasy işe girizildi. Elektron ulgam ýokary bilimi dolandyrmagy döwrebaplaşdyrmak, okuw işlerini awtomatlaşdyrmak hem-de akademiki maglumatlara elýeterliligi gowulandyrmak maksady bilen döredildi. Taslamanyň üstünde işler 2025-nji ýylyň başynda başlanyp, şol ýylyň sentýabr aýyndan başlap, ulgam tapgyrma-tapgyr ulanylyşa girizildi. Häzirki wagtda platforma ýeke-täk sanly gurşawda bakalawr derejesindäki 4 müň 700 talyplary we 200 magistrantlary, 250-den gowrak mugallymlary we ylmy işgärleri, şeýle hem 30-a golaý administratiw ulanyjylary birleşdirýär. «Elektron uniwersitet» uniwersitetiň okuw we dolandyryş işleriniň köp bölegi üçin innowasion meýdança bolup hyzmat edýär. Sanly ulgamda ulanyjylaryň esasy toparlary – talyplar, mugallymlar, kafedra müdirleri hem-de okuw işlerine jogapkär dolandyryjylar üçin ýörite şahsy otaglar döredildi. Her bir ulanyjy öz elýeterlilik hukuklaryna laýyklykda, birikdirilen ýeke-täk ulgam arkaly zerur bolan akademiki we dolandyryş işlerine degişli maglumatlary elýeterli edip biler. Ulgamyň kömegi bilen mugallymlar hem-de kafedra müdirleri elektron žurnallaryň kömegi bilen wagtyň şol pursatynda talyplaryň gatnaşygyny we ýetişigini dolandyryp bilerler. Öz gezeginde, talyplar üçin sapaklaryň tertibine, okuw meýilnamalaryna, okuw materiallaryna, ylmy makalalara, kitaplara, gollanmalara, tanyşdyryşlara we wideo materiallara elýeterlilik açyldy. Şeýle hem ulgamyň işe girizilmegi her aýyň synaglarynyň, aralyk we jemleýji synaglaryň netijelerini hem-de olaryň gaýtadan tabşyrylyşyny elektron görnüşde bellige almaga, degişli resminamalary PDF görnüşinde taýýarlamaga we talyplaryň akademiki kepilnamalaryny (transkriptlerini) awtomatiki ýagdaýda döretmäge mümkinçilik berdi. Elektron platformanyň möhüm aýratynlygy emeli aň tehnologiýalarynyň akademiki seljermeler bilen utgaşdyrylmagyndan ybaratdyr. Ulgam arkaly toplanan akademiki maglumatlar talyplaryň ýetişigi, dersleri özleşdirişi we bilim berilişiniň netijeliligi barada maglumat bermek üçin seljerilip bilner. Şeýlelikde, emeli aň esasyndaky seljermeler her bir talyba özbaşdak çemeleşmäni kesgitlemäge, kynçylyk döredýän dersleri we goşmaça akademiki goldawynyň zerurlygyny ýüze çykarmaga kömek edýär. Bu bolsa maglumatlar esasynda bilim berilişini dolandyrmak üçin täze mümkinçilikleri döredýär. Elektron uniwersitet ulgamy onuň ähli ulanyjylary üçin Android we iOS üçin niýetlenen ykjam goşundylar arkaly hem elýeterlidir. Uniwersitetiň wekilleriniň öz güýçleri bilen innowasion önümi döretmegi we iş ýüzünde ornaşdyrmagy emeli aňy ulanyp, sanly çözgütleri özbaşdak we üstünlikli işläp düzmäge hem-de häzirki zaman tehnologiýalaryny okuw we dolandyryş işlerine birikdirmäge ukyply hünärmenleri we talyplary birleşdirýän ýokary okuw mekdebiň täze tehnologik ekoulgamynyň emele gelýändigini aýdyň görkezýär.
Kämil nesiller – bagtyýar geljegiň binýady: Ahal welaýatynda usuly-amaly maslahat geçirildi
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda ýurdumyz durnukly ösüşleriň aýdyň ýoly bilen ynamly öňe barýar. Toýlary toýlara, baýramlary baýramlara ulaşýan ata Watanymyzda mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllyk baýramynyň toýlanýan günlerinde bilim ulgamynda hem uly üstünlikler gazanylýar. Ýaş nesillere döwrebap bilim we terbiýe bermek ugrunda ýurdumyzyň, şol sanda welaýatlarymyzyň bilim-terbiýeçilik edaralarynyň mugallymlary hem-de terbiýeçileri arman-ýadaman zähmet çekip, özleriniň mynasyp goşantlaryny goşýarlar. 2026-njy ýylyň 30-njy sentýabrynda Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň ýyllyk iş meýilnamasyna laýyklykda, mekdebe çenli bilim edaralarynyň öňdebaryjy işgärleriniň gatnaşmagynda wajyp bir çäre guraldy. Ahal welaýatynyň öňdebaryjy iş tejribesine bagyşlanan “Çagalary mekdebe çenli çagalar edaralarynda, maşgala we beýleki bilim edaralarynda mekdebe taýýarlamagyň öňdebaryjy iş usullary” atly usuly-amaly maslahat ýokary guramaçylyk ýagdaýynda geçirildi. Maslahatyň dowamynda Ahal welaýatynyň mekdebe çenli çagalar edaralarynyň öňdebaryjy işgärleri tarapyndan taýýarlanan okuw görkezme esbaplarynyň we usuly işleriniň baý many-mazmunly sergisine syn edildi. Çagalar bakja-baglarynyň körpeleriniň ýerine ýetiren aýdym-sazly çykyşlary we pedagogik taýdan ýokary derejede guralan many-mazmunly oýun pursatlary gatnaşyjylarda uly täsir galdyrdy. Maslahata gatnaşyjylar körpeleriň bilim derejesini ýokarlandyrmaga gönükdirilen “Sowat öwretmek”, “Matematika” we “Iňlis dili” sapaklary boýunça geçirilen göreldeli sapaklara gatnaşdylar. Göreldeli sapaklardan soňra, olaryň usuly gurluşyna içgin seljerme berildi we döwrebap teklipler öňe sürüldi. Ýurdumyzyň dürli welaýatlaryndan gelen öňdebaryjy bilim işgärleriniň çykyşlary diňlenilip, özara gymmatly iş tejribeleri alşyldy. Bu geçirilen usuly-amaly maslahat ýurdumyzyň mekdebe çenli bilim ulgamyny has-da kämilleşdirmekde, terbiýeçileriň hünär ussatlygyny baýlaşdyrmakda we geljegimiz bolan ýaş nesilleri mekdebe döwrebap usullar bilen taýýarlamakda uly ähmiýete eýe boldy. Ýaş nesliň kämil ylymly-bilimli, sagdyn we berk bedenli bolup ýetişmegi ugrunda giň mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak, tutumly işleri hemişe rowaç bolsun! Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň Mekdebe çenli bilim bölümi
DÖREDIJILIK DUŞUŞYGY GEÇIRILDI
Aşgabat şäheriniň 19-njy orta mekdebinde mekdep kitaphanasynyň iş meýilnamasy boýunça döredijilik duşuşygy geçirildi. “Şygyrlar bossanyna seýil” ady bilen geçirilen bu duşuşykda Türkmenistanyň Ýaşlar baýragynyň eýesi, Türkmenistanyň Prezidentiniň “Türkmeniň Altyn asyry” bäsleşiginiň ýeňijisi, şahyr Mämmetgurban Mämmetgurbanow ýokary synp okuwçylary bilen duşuşdy. Şahyr bilen okuwçylaryň arasynda söhbetdeşlik görnüşinde diýseň gyzykly geçen bu duşuşyk her bir okuwçyda ýatdan çykmajak pursatlary döretdi. Ýazyjynyň gürrüňdeşliginiň many-maňyzlylygy, ondaky pikirleriň siňňitliligi duşuşyga gatnaşan okuwçylaryň aňynda hemişelik galdy. Ýazyjynyň manyly öwüt-ündewleri ýaşlarda ata-eneleri sylamagy, durmuşda dogry ýoly saýlamagy, ýagşy bilen ýamany saýgarmagy, abraýly şahsyýetler bolup ýetişmegi öwredýän täsirli maslahatlarda jemlendi. Pespälligiň, kiçigöwünliligiň ynsanyň bezegidigi baradaky nesihatlar bilen söhbetdeşlik dowam etdi. Halypa şahyr bu nesihatlaryň üsti bilen ilhalar, edepli-ekramly, köpüň hormat-söýgüsine mynasyp perzent bolup ýetişmegiň, ene-atany razy etmegiň iň gowy ýoludygyny düşündirdi. Okuwçylar bilen sorag-jogaplar alşyldy we şygyryýet bilen meşgullanýan ýaşajyk şahyrlara maslahat berip, ýazyjy olara geljekde atly-abraýly adamlar bolup ýetişmeklerini arzuw etdi. Şeýle-de duşuşygy guramakda ýakyndan ýardam beren bu mekdebiň türkmen dili we edebiýat mugallymy Jelaletdin Orazdurdyýewe hem ýaş şahyrlara ýardam bermekde halypalyk maslahatlaryny berdi. Okuwçylar bolsa M.Mämmetgurbanowyň şygyrlaryny labyzly okap berdiler, ýazyjynyň aýdyma öwrilen şygyrlaryny hem buýsanç bilen ýatlap geçdiler. Mekdep kitaphanasyna hem-de çykyş eden okuwçylara şahyr “Kelam kalby-kamaty” atly kitabyny ýadygärlik sowgat berdi. Şahyr M.Mämmetgurbanowyň 2025-nji ýylda Türkmen döwlet neşirýat gullugy tarapyndan çap edilen “Kelam kalby-kamaty” atly ýygyndysynda ýerleşdirilen dürli ýyllarda ýazan şygyrlary onuň doglan ýeri bolan Arçmanyň şypaly suwy ýaly ruhuňa, kalbyňa ganat berýär. Ýygyndynyň başky şygyrlary Garaşsyz Diýarymyzy, Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň beýik tutumlaryny çeper sözüň üsti bilen wasp edýär. Kitapdaky arassa kalply ynsan bolmak baradaky setirler kalbyňy dury çeşme ýaly durlaýar. Oňa şahyryň şu setirleri mysal bolup biler: Hyýallar edip diliň, Ýaglyk deý galgamasa. Adamlar adam bolsa, Bir-birin aldamasa. Kitapdaky temalaryň köpdürlüligi we durmuşylygy hem ýagşy niýetlere beslenen şygyrlary çeper many-mazmun bilen okyjylara ýetirilýär. Kitapda okyjylaryň islän çeper döredijilik tagamy bar. Kyssa gatyşykly goşgular, şahyrana söhbetdeşlikli aýdyşyklar, edebi-çeper terjimeler, “Zülpüň”, “Duralgada duran gyz”, “Arkadag şäheri – köňül buýsanjy” atly aýdyma öwrülen şygyrlary hem okyjylaryň köňlünde gaýym keşdelense gerek. M.Mämmetgurbanowyň ynsanperwerlige ýugrulan bu goşgulary ösüp gelýän ýaş mekdep okuwçylaryny terbiýeçilik ähmiýeti bilen has hem özüne çekýär. Bu duşuşyk mekdep okuwçylarynyň, aýratyn hem edebiýat ummanyna has ýakynlaşan ýaşajyk şahyr okuwçylaryň durmuşynda döredijilik mekdebiniň ýatdan çykmajak sahypalarynyň birine öwrüldi. Güljahan Ýazmammedowa, Aşgabat şäheriniň 19-njy orta mekdebiniň kitaphanaçysy.
Türkmen talyplary Krasnoýariskide maliýe howpsuzlygy boýunça halkara olimpiada gatnaşýar
Gahryman Arkadagymyzyň beýik işlerini üstünlikli dowam etdirýän hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzda bilim ulgamyny döwrüň talaplaryna laýyklykda kämilleşdirmäge, sanly tehnologiýalary ornaşdyrmaga we ýaşlaryň halkara giňişlikde bilim hem-de tejribe alyşmaklary üçin giň mümkinçilikleri döretmäge aýratyn üns berilýär. «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda, eziz Watanymyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly baýramynyň giňden bellenilýän günlerinde türkmen talyplary nobatdaky abraýly halkara bäsleşige gatnaşýarlar. Has takygy, 27-nji sentýabrda Russiýa Federasiýasynyň Krasnoýarsk şäherinde Maliýe howpsuzlygy boýunça VI halkara olimpiadanyň jemleýji tapgyry öz işine başlady. 2-nji oktýabra çenli dowam etjek bu bäsleşik indi iki ýyl bäri yzly-yzyna Sibir federal uniwersitetiniň binýadynda geçirilýär. Olimpiadanyň jemleýji tapgyry dünýäniň 40-dan gowrak ýurdundan 700 töweregi okuwçyny we talyby bir ýere jemledi. Şu ýylky olimpiadanyň esasy temasy maliýe howpsuzlygy ulgamynda emeli aňy ulanmak we munuň bilen baglanyşykly töwekgelçilikler bolup durýar. Jemleýji hepdäniň dowamynda panel maslahatlary, ussatlyk sapaklary we tanymal bilermenler bilen duşuşyklar ýaly 100-den gowrak çäräniň geçirilmegi meýilleşdirilýär. Halkara olimpiada ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň talyplary hem gatnaşýarlar. Olar maliýe kiberhowpsuzlygy, maliýe gözegçiligi, bikanun gazanylan girdejileri kanunylaşdyrmaga we terrorçylygy maliýeleşdirmäge garşy göreşmek, halkara hukuk hem-de halkara gatnaşyklar ugurlary boýunça öz bilimlerini synagdan geçirýärler. Häzirki sanly tehnologiýalaryň ösýän zamanynda maliýe serişdelerini, şahsy maglumatlary we sanly hyzmatlary kiberhowplardan goramak her bir döwletiň durnukly ösüşiniň möhüm şerti bolup durýar. Şonuň üçin hem Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň başlangyçlary bilen ýurdumyzda sanly ykdysadyýeti ösdürmek, kiberhowpsuzlygy üpjün etmek we bu ugurda ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamak babatdaky işler yzygiderli alnyp barylýar. Bu olimpiada gatnaşmak bolsa talyplarymyza dünýä tejribesini öwrenmäge, dürli ýurtlardan öz deň-duşlary bilen dostluk gatnaşyklaryny berkitmäge we Bitarap Türkmenistanyň parahatçylyk söýüjilikli syýasatyny, ýurdumyzyň gazanan üstünliklerini dünýä ýaýmaga giň mümkinçilik döredýär. Olimpiada gatnaşýan talyplarymyz ýaşlaryň döwrebap bilim almagy, zehinini açmaklary babatda döredilýän ähli mümkinçilikler üçin hormatly Prezidentimize we Gahryman Arkadagymyza tüýs ýürekden alkyş aýdýarlar. Türkmenistanyň Bilim ministrligi
BAŞ BAÝRAMYMYZA YLMY DÖREDIJILIK SOWGADY
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýyly, beýik Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllygy mynasybetli taýýarlanan «Garaşsyz Türkmenistanyň oba hojalygynda ylmy gazanylanlar» atly ylmy makalalaryň ýygyndysynyň II goýberilişiniň 1-2-nji tomlary okyjylara gowuşdy. Täze kitap Türkmen döwlet neşirýat gullugy tarapyndan taýýarlanyp, S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň çaphanasynda çap edildi. Baş baýramymyza ylmy döredijilik sowgady bolan kitabyň mazmunynda nygtalyşy ýaly, Garaşsyzlyk ýyllary içinde ýurdumyzda ägirt uly işler durmuşa geçirildi. Ykdysadyýetimiziň ähli ugurlary, şol sanda oba hojalygy boýunça düýpli özgertmeler amala aşyryldy. Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň beýik başlangyçlary, belent tutumlary bilen ata Watanymyz kuwwatly döwlete öwrüldi. «Türkmenistanda ýokary hünär bilimini ösdürmegiň 2026 — 2052-nji ýyllar üçin Strategiýasyny» durmuşa geçirmegiň çäklerinde S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetinde ylmy barlaglaryň netijeliligi ýokarlandyrylýar. Bilim we ylym ulgamlarynyň bitewülikde biri-biriniň üstüni ýetirmegi ugrunda, ylmy-nazary we ylmy-amaly barlaglary alyp barmak, öňdebaryjy tehnologiýalary döretmek, bilimiň, ylmyň, önümçiligiň, täjirçiligiň özara baglanyşygyny has-da ýokarlandyrmak, giň gözýetimli, täzeçil pikirlenip bilýän ýaş alymlaryň neslini kemala getirmek ýaly asylly maksatlardan gözbaş alýan işler durmuşa geçirilýär. Döwlet Baştutanymyzyň: «Biz oba hojalyk pudagynyň işini ylym hem-de ýokary tehnologiýalar esasynda geljekde hem giň gerim bilen ösdürmegi dowam etdireris» diýen sözlerinden ugur alnyp, uniwersitetde «Türkmenistanda ylym ulgamyny ösdürmegiň 2024 — 2052-nji ýyllar üçin Strategiýasynda» öňde goýlan wezipeler üstünlikli durmuşa geçirilýär. «Türkmenistanda ylmyň, tehnikanyň we tehnologiýalaryň gazananlaryny wagyz etmek boýunça 2026 — 2030-njy ýyllar üçin Döwlet maksatnamasyndan» ugur alnyp, ylmyň, tehnikanyň we tehnologiýalaryň gazananlaryny wagyz etmek işi giň gerimde alnyp barylýar. Bu ýygynda S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň professor-mugallymlarynyň, aspirantlarynyň, talyp ýaşlarynyň Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň oba hojalyk pudagyny özgertmek bilen baglanyşykly alyp baran ylmy-barlag, amaly-önümçilik işleri, şeýle hem tebigy, takyk we ynsanperwer ugurlarda ýerine ýetiren ylmy işleri girizildi. Kitap S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň rektory, oba hojalyk ylymlarynyň doktory, professor Allaberdi Gapurowyň «Garaşsyz ýurdumyzda azyk bolçulygyny döretmek — oba hojalyk syýasatynyň baş maksady» atly makalasy bilen başlanýar. Ýygyndynyň I tomundaky I bölümi «Himiýa, biologiýa, agronomçylyk we tokaý hojalygy ylymlary», II bölümi «Zootehniýa we weterinariýa ylymlary», III bölümi «Maglumat tehnologiýalary we ykdysady ylymlar», II tomundaky IV bölümi «Azyk önümleriniň we dokma senagatynyň tehnologiýalary ylymlary», V bölümi «Oba hojalygynda meliorasiýa we mehanizasiýa ylymlary», VI bölümi «Taryh, arheologiýa, filologiýa, pedagogika ylymlary» diýlip atlandyrylýar. Ylmy makalalaryň iňlis, rus dillerindäki gysga beýanlarynyň hem ýerleşdirilmegi, netijeleriň hem-de önümçilige teklipleriň bolmagy ýygyndynyň ähmiýetini has-da artdyrýar. Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň professor-mugallymlarynyň, aspirantlarynyň, talyp ýaşlarynyň ylmy döredijilik işlerinde geljekde hem uly üstünlikleri arzuw edýäris. Halkyň göwni bolup gülleýän zamanamyzda bilime, ylma, oba hojalygyna aýratyn üns berip, ýokary hünär biliminiň ösüşlerine giň ýol açýan Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak, belent başlary aman, beýik işleri rowaç bolsun!
DAŞARY YKDYSADY IŞ BOÝUNÇA TÄZE OKUW KITABY
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň mugallymlary Röwşen Muhammedowyň, Kerimberdi Nurnyýazowyň, mugallym-öwrenijisi Rahat Myradowyň Türkmenistanyň Bilim ministrligi tarapyndan hödürlenen «Daşary ykdysady iş» atly ýokary okuw mekdepleri üçin okuw kitaby okyjylara gowuşdy. Täze kitap Türkmen döwlet neşirýat gullugy tarapyndan taýýarlanyp, S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň çaphanasynda çap edildi. Bu okuw kitaby ykdysady ugurlar boýunça, hususan-da, daşary ykdysady iş dersinden okaýan talyplar hem-de bu ugurda zähmet çekýän mugallymlardyr hünärmenler, şeýle-de Türkmenistanyň daşary ykdysady gatnaşyklary bilen gyzyklanýan giň okyjylar köpçüligi üçin niýetlenendir. Kitapda dünýä hojalygy, onuň emele gelmegine täsir edýän faktorlar, häzirki zaman dünýä bazarynyň aýratynlyklary, kapitalyň halkara hereketiniň häzirki akym meýilleri, Türkmenistanyň daşary ykdysady gatnaşyklary, ýurdumyzyň dünýä hojalygyndaky orny, halkara gatnaşyklaryň ulag, hukuk üpjünçiligi ýaly meselelere seredilýär. Kitabyň mazmuny girişden we «Daşary ykdysady iş dersiniň predmeti we wezipeleri», «Halkara ykdysady gatnaşyklary ösdürmegiň ähmiýeti», «Kapitalyň dünýä bazary we halkara karz», «Söwda we daşary söwda», «Halkara söwdadaky şertnamalar», «Halkara söwdanyň karzlaşdyrylmasy», «Daşary ykdysady gatnaşyklarda karz ulgamy», «Daşary ykdysady ulgamda işçi güýjüniň halkara hereketi», «Dünýä nyrhlary we olaryň emele gelşi», «Türkmenistanyň daşary ykdysady syýasaty», «Halkara ykdysady gatnaşyklaryň ulag üpjünçiligi», «Inžiniring kompaniýalarynyň halkara söwdasy», «Erkin ykdysady zolaklar», «Daşary ykdysady ulgamda telekeçiligiň eýeleýän orny» atly 14 bapdan ybarat. Okuw kitabynyň esasy maksady talyplara daşary ykdysady amallaryň tehnikasyny, görnüşlerini we olary durmuşa geçirmegiň usullaryny düşündirmekden ybaratdyr.
Halkda Hakyň ady bar
Aýlar GYLYJOWA,Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň talyby: — Paýtagtymyzdaky Maslahat köşgünde Gahryman Arkadagymyzyň başlyklyk etmeginde geçirilen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisine ýokary okuw mekdepleriniň talyplary hem işjeň gatnaşdylar. Maňa bolsa bu ählihalk forumynda çykyş etmek bagty miýesser etdi. Çykyşymda Gahryman Arkadagymyzyň başlangyçlaryny üstünlikli durmuşa geçirýän hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzda ýaşlaryň döwrebap bilim almaklary üçin ähli şertleriň döredilýändigini, şeýle mümkinçilikleriň we şertleriň netijesinde, türkmen ýaşlarynyň halkara olimpiadalarda, ylmy-döredijilik, sport bäsleşiklerinde üstünlikli çykyş edýändiklerini hem-de baýrakly orunlara mynasyp bolýandyklaryny aýratyn nygtadym. «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda bu döwletli geňeşe gatnaşmak bagtynyň miýesser edendigi üçin özümi örän bagtly hasap edýärin. Biz — ýaşlara giň mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, belent başlary aman bolsun! Taýýarlan Atamyrat ÝAZWELIÝEW, «Nesil».
Halkda Hakyň ady bar
Umyt BAÝHANOW,Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Türkmenbaşy şäher geňeşiniň başlygy: — Türkmenistanyň Halk Maslahaty ýaşulular bilen ýaş nesliň arasyndaky baglanyşygy has-da aýdyň ýüze çykarýar. Biz — Ýaşlar guramasynyň wekilleri hem bu umumymilli foruma gatnaşyp, taryhy wakalara şaýat bolduk. Hususan-da, mejlisiň dowamynda hormatly Prezidentimiziň Karary bilen «Türkmenistanda ýaşlar barada döwlet syýasatynyň 2031-nji ýyla çenli Döwlet maksatnamasynyň» tassyklanylmagy möhüm ähmiýete eýedir. Bu resminamanyň esasy maksady ýaşlar barada döwlet syýasatyny üstünlikli durmuşa geçirmekden, ylym-bilim, ösen tehnologiýalar bilen gyzyklanýan ýaşlary ýüze çykarmakdan, Watana wepaly, zähmetsöýer, ýurduň hemmetaraplaýyn ösüşine mynasyp goşant goşýan kämil nesilleri terbiýeläp ýetişdirmekden ugur alýar. Biz hem umumymilli forumda kabul edilen çözgütleriň syýasy we jemgyýetçilik ähmiýetini düşündirmek boýunça wagyz-nesihat işlerimizi giňden ýaýbaňlandyrarys. Gahryman Arkadagymyzy hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzy hemişelik Bitarap Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly baýramy bilen tüýs ýürekden gutlaýarys. Taýýarlan Atamyrat ÝAZWELIÝEW, «Nesil».
Halkda Hakyň ady bar
Berkarar Watanymyzyň şan-şöhratyny has-da belende götermekde, halkymyzyň agzybirligini, abadançylygyny berkitmekde, ýaşaýyş-durmuş derejesini ýokarlandyrmakda, giň gerimli maksatnamalaýyn işleri rowaçlandyrmakda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň möhüm orny bar. Şu jähetden, 23-nji sentýabrda paýtagtymyzdaky Maslahat köşgünde Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisiniň geçirilip, halk bähbitli taryhy çözgütleriň kabul edilmegi Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallalary bilen şöhratly ata-babalarymyzyň mizemez ýolunyň mynasyp dowam etdirilýändiginiň aýdyň güwäsine öwrüldi. Biz hem bu umumymilli foruma gatnaşyp, jemgyýetiň dürli gatlaklaryndan wekilçilik eden ildeşlerimiziň ýürek buýsançlaryny okyjylarymyza ýetirýäris. Perhat ÇARYÝEW,Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň mugallymy: — Döwletli geňeşe gatnaşmak, aýratyn hem, umumymilli forumda Gahryman Arkadagymyzyň binýadyny goýan hem-de hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilýän ýurdumyzyň daşary syýasaty dogrusynda çykyş etmek bagt. Mälim bolşy ýaly, ýakynda Milli Liderimiziň geçen umumy okuw sapagynda Garaşsyzlygymyzyň, hemişelik Bitaraplygymyzyň taryhy kökleri, ýurdumyzyň daşary syýasatynyň we diplomatiýasynyň derwaýys ugurlary beýan edildi. Bu taryhy wakanyň ähmiýetini ählihalk forumynda hem buýsançly nygtadyk. Forumyň esasy aýratynlygy jemgyýetiň ähli gatlaklaryndan bolan dürli kärdäki, dürli ýaşdaky raýatlaryň öz pikir-garaýyşlaryny beýan etmäge mümkinçiligiň döredilýänligindedir. Bu bizi örän guwandyrýar. Gurmagyň we döretmegiň belent nusgasyny görkezýän Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak, belent başlary aman bolsun! Türkmen halkynyň ykbalyny arşa göterýän beýik tutumly işleri uly rowaçlyklara beslensin! Taýýarlan Atamyrat ÝAZWELIÝEW, «Nesil».
Одарённая молодёжь – гордость страны
В эру Возрождения новой эпохи могущественного государства под мудрым руководством Президента Туркменистана реализуются масштабные реформы, направленные на модернизацию национальной системы образования. Важнейшим вектором этой государственной политики является воспитание высокообразованного, эрудированного молодого поколения, специалистов, способных внести весомый вклад в развитие отечественной медицины и науки. В ознаменование 35-й годовщины священной независимости Туркменистана в году, проходящем под девизом «Независимый нейтральный Туркменистан – родина целеустремлённых крылатых скакунов», в Государственном медицинском университете Туркменистана имени Мырата Гаррыева были подведены итоги государственного тура олимпиады по биологии среди учащихся общеобразовательных школ страны. Данное интеллектуальное состязание, организованное на высоком уровне, стало важным шагом в реализации Концепции развития системы образования, цель которой – выявление и всесторонняя поддержка одарённой молодёжи. Олимпиада была направлена на внедрение инновационных методов обучения, повышение качества знаний и формирование у подрастающего поколения устойчивого интереса к медицинским профессиям. Участие в подобных конкурсах позволяет школьникам не только продемонстрировать глубину своих знаний, но и осознанно подойти к выбору будущей специальности. Программа мероприятия носила комплексный характер. Помимо конкурсных испытаний для участников была организована профориентационная работа: школьники посетили ведущие медицинские учебные заведения страны, где ознакомились с передовой материально-технической базой и условиями, созданными для подготовки высококвалифицированных кадров. Культурная часть программы включала экскурсии по достопримечательностям беломраморного Ашхабада, что позволило юным талантам из всех велаятов страны воочию увидеть плоды созидательной политики, проводимой Героем-Аркадагом и уважаемым Президентом Сердаром Бердымухамедовым. Торжественная церемония награждения стала кульминацией праздника знаний. По итогам государственного тура олимпиады победителем состязания стал одиннадцатиклассник Сахетмурат Гараев из специализированной школы № 19 Бабадайханского этрапа Ахалского велаята. Вторую ступень пьедестала разделили две ученицы 12-х классов: Гулджемал Максадова (спецшкола № 18, Бабадайханский этрап, Ахалский велаят) и Айнур Аннамаммедова (школа № 20, Туркменкалинский этрап, Марыйский велаят). Третье место заняли сразу трое учащихся 12-х классов: Шаназар Аширов (спецшкола № 37, Керкинский этрап, Лебапский велаят), Айлар Эсенова (спецшкола № 20, г. Балканабат, Балканский велаят) и Мяхри Атаджанова (спец-школа № 10, г. Дашогуз, Дашогузский велаят). Победителям и призёрам вручены Почётные грамоты и ценные подарки от организаторов. Участники олимпиады выразили искреннюю признательность главе государства за неустанную заботу о молодёжи, создание всех условий для получения образования мирового уровня и широкие возможности для реализации интеллектуального потенциала. Прошедшее мероприятие в очередной раз подтвердило: молодёжь Туркменистана, воспитанная на принципах патриотизма и стремления к знаниям, является надёжной опорой государства, готова с честью продолжать великие дела во имя процветания нашей священной Родины. Гозел ЭМИНОВА.
Вдохновенный труд во славу отечества
Шекер БЕРДЫЕВА,заведующая кафедрой акушерства и гинекологии последипломной подготовки Государственного медицинского университета Туркменистана им. Мырата Гаррыева, кандидат медицинских наук: – В эти праздничные дни в честь 35-й годовщины священной независимости Туркменистана меня переполняют чувства безграничной благодарности Президенту Сердару Бердымухамедову и Национальному Лидеру туркменского народа, Председателю Халк Маслахаты Герою-Аркадагу за оказанную высокую честь и награждение медалью «Watana bolan söýgüsi üçin». Позвольте выразить искреннюю благодарность и пожелать Аркадаглы Герою Сердару и Герою-Аркадагу здоровья и долголетия, больших успехов во всех благородных начинаниях. Здоровье граждан, в том числе и охрана репродуктивного здоровья,– один из главных приоритетов государственной политики Президента Сердара Бердымухамедова, осуществляемой в рамках комплексных национальных стратегий и разработанной Национальным Лидером туркменского народа Героем-Аркадагом Государственной программы «Saglyk». Благодаря достижениям в реализации дальновидной государственной политики в Туркменистане повысилась рождаемость, сохраняется традиционная многодетность семей, в том числе и благодаря поддержке и поощрению со стороны государства в виде выплат пособий и охраны репродуктивных прав женщин. Успех основан на улучшении социально-экономических условий жизни населения, соблюдении прав женщин и повышении их социального статуса. Подготовили Гозел ДЖАПБАРОВА, Ирина ИМАМКУЛИЕВА, Черкез НИЯЗМАМЕДОВ, Довлетгелди ХУДАЙБЕРДИЕВ, Инна БУРОВА, «НТ». Фото Меретдурды РОЗЫЕВА.
Вдохновенный труд во славу отечества
Сапардурды ТИЛКИЛИЕВ,старший преподаватель кафедры медицинской физики и информатики Государственного медицинского университета Туркменистана имени Мырата Гаррыева: – Для меня большая честь в эти знаменательные дни празднования 35-й годовщины священной независимости нашей любимой Родины получить высокую государственную награду – медаль «Gaýrat». Позвольте выразить слова искренней благодарности уважаемому Президенту Сердару Бердымухамедову и Национальному Лидеру туркменского народа Герою-Аркадагу, заложившему основы политики развития образования, в частности медицинского, опирающегося на богатые национальные традиции и идущего по пути инноваций и передовых технологий. Успех высшей медицинской школы – это прежде всего успех целенаправленной государственной политики подготовки высококвалифицированных кадров, необходимых успешно развивающейся высокотехнологичной практической медицине. Подготовили Гозел ДЖАПБАРОВА, Ирина ИМАМКУЛИЕВА, Черкез НИЯЗМАМЕДОВ, Довлетгелди ХУДАЙБЕРДИЕВ, Инна БУРОВА, «НТ». Фото Меретдурды РОЗЫЕВА.
Вдохновенный труд во славу отечества
Вепа БАБАКУЛОВ,учитель английского языка средней школы № 26 города Туркменабат Лебапского велаята: – Участвуя в подготовке и проведении избирательных кампаний в качестве секретаря избирательной комиссии Лебапского велаята, много лет наблюдаю, как совершенствуются демократические принципы управления государством и обществом. В первую очередь это связано с тем, что в течение последних лет под руководством Героя-Аркадага, а затем Аркадаглы Героя Сердара совершенствовалась законодательная основа проведения выборов и референдумов, при подготовке которых учитывались лучшая мировая практика, включающая общечеловеческие ценности, а также опыт наших предков. Вследствие этого возросла активность граждан в политической жизни страны, в том числе в процессах выбора членов халк маслахаты разных уровней, депутатов Меджлиса Туркменистана. Таким образом они через своих представителей участвуют в управлении государством, определении основных направлений развития страны на кратко- и долгосрочный периоды. Очередное заседание Халк Маслахаты Туркменистана, проходившее под руководством Героя-Аркадага, ещё раз подтвердило эту истину. Вручение мне медали «Watana bolan söýgüsi üçin» – бесценная награда за труд на благо любимой Отчизны. Глубоко признателен Президенту Сердару Бердымухамедову за высокую оценку моего скромного труда, за то, что в моей жизни состоялось такое незабываемое событие. Подготовили Гозел ДЖАПБАРОВА, Ирина ИМАМКУЛИЕВА, Черкез НИЯЗМАМЕДОВ, Довлетгелди ХУДАЙБЕРДИЕВ, Инна БУРОВА, «НТ». Фото Меретдурды РОЗЫЕВА.
Вдохновенный труд во славу отечества
Ляле АЛЛАБЕРДИЕВА,учитель истории Педагогической школы имени Хыдыра Деряева, г. Мары: – Звание лауреата престижного конкурса «Türkmeniň Altyn asyry» и вручение высокой награды – золотой цепочки Президента Туркменистана с денежной премией в номинации «За лучшие статьи и очерки» – вдохновляют на новые профессиональные и творческие свершения. В Педагогической школе имени Хыдыра Деряева мы готовим будущих учителей начальных классов и воспитателей дошкольных учреждений. Преподавая историю, вижу свою главную задачу в том, чтобы передать учащимся не просто факты, а живую память о великом прошлом туркменского народа. Именно первые наставники закладывают в сердцах детей любовь к Отчизне, уважение к национальным истокам и гордость за наследие предков. Мои публикации в центральных печатных изданиях Туркменистана – это продолжение педагогического призвания. На страницах газет и журналов стараюсь раскрыть глубину нашей истории, преемственность поколений и масштаб современных преобразований. Хочу выразить сердечную благодарность Национальному Лидеру туркменского народа Герою-Аркадагу и Президенту Аркадаглы Герою Сердару за всемерное внимание к развитию исторической науки, просвещения и национальной печати. Мы и впредь будем с гордостью воспитывать достойное, высокодуховное поколение патриотов независимого нейтрального Туркменистана. Подготовили Гозел ДЖАПБАРОВА, Ирина ИМАМКУЛИЕВА, Черкез НИЯЗМАМЕДОВ, Довлетгелди ХУДАЙБЕРДИЕВ, Инна БУРОВА, «НТ». Фото Меретдурды РОЗЫЕВА.
Вдохновенный труд во славу отечества
По всей стране состоялись праздничные мероприятия, приуроченные к 35-летию священной независимости Туркменистана. Объединённые единой высокой целью – чествованием и признанием трудовых заслуг лучших созидателей и тружеников Отчизны, эти торжественные форумы стали ярким свидетельством всенародного почёта гражданам, вносящим неоценимый вклад в укрепление экономического и духовного потенциала государства. В ходе церемоний, состоявшихся в Национальном музыкально-драматическом театре имени Махтумкули, Туркменском государственном университете имени Махтумкули, а также в ведомственных центрах, государственные награды были вручены передовикам производства, частным предпринимателям, строителям, арендаторам-дайханам, специалистам агропромышленного комплекса, сферы транспорта и логистики, работникам здравоохранения, науки, образования, культуры и спорта. Награждение орденами, медалями и присвоение почётных званий осуществлялось в соответствии с Указом Президента Туркменистана «О награждении государственными наградами в ознаменование 35-й годовщины независимости Туркменистана». Байгельди ВЕЛИЕВ,старший преподаватель кафедры международных отношений Международного университета гуманитарных наук и развития: – Преподаю с 2009 года, и с 2016 года имею честь работать в Международном университете гуманитарных наук и развития. За эти годы получил бесценный опыт и встретил множество талантливых студентов и коллег. Моя работа всегда была направлена на формирование у будущих специалистов понимания международных процессов, дипломатии и глобальной политики, что особенно важно в условиях современного мира. Сегодня для меня произошло по-настоящему значимое событие – мне вручили медаль Туркменистана «Watana bolan söýgüsi üçin». Это – высокая честь и признание моего труда в области образования и воспитания ответственных граждан, которые смогут внести вклад в развитие нашей страны и укрепление её позиций на международной арене. Эта награда вдохновляет меня продолжать развиваться и активно участвовать в формировании образовательных программ, направленных на подготовку высококвалифицированных кадров для государственной службы и международного сотрудничества. Это незабываемый момент, который буду хранить в памяти всю жизнь. Подготовили Гозел ДЖАПБАРОВА, Ирина ИМАМКУЛИЕВА, Черкез НИЯЗМАМЕДОВ, Довлетгелди ХУДАЙБЕРДИЕВ, Инна БУРОВА, «НТ». Фото Меретдурды РОЗЫЕВА.
Türkmenistanyň Inžener-tehnologiýalar uniwersiteti «UI GreenMetric-2026» reýtinginde milli lider boldy
Oguz han adyndaky Türkmenistanyň Inžener-tehnologiýalar uniwersiteti «UI GreenMetric-2026» dünýä uniwersitetleriniň reýtinginde 273-nji orny eýeläp, dünýäniň ekologiýa taýdan durnukly ýokary okuw mekdepleriniň biri hökmünde öz derejesini ýene-de bir gezek tassyklady. Bu barada «Türkmenistan: Altyn asyr» neşiri habar berýär. «GreenMetric-2026» reýtinginiň 17-nji neşirinde Türkmenistanyň ýokary okuw mekdebi baha bermegiň ähli esasy ugurlary boýunça ýokary görkezijileri gazandy. Uniwersitet mümkin bolan 10 müň baldan jemi 7875 bal toplady. Şunuň netijesinde ýokary okuw mekdebi dünýäniň durnukly ösüş boýunça reýtinginiň iň gowy 300 uniwersitetiniň hataryna girip, abraýly «Altyn derejä» (Gold Category) eýe boldy. Türkmenistanyň bu uniwersitetiniň gazanan netijesi onuň reýtinge gatnaşýan ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň arasynda milli lider we birinji orun eýesi hökmündäki ornuny ýene-de bir gezek berkitdi. Şu ýyl Türkmenistan «UI GreenMetric» reýtinginde 12 sany ýokary okuw mekdebi bilen wekilçilik etdi: Oguz han adyndaky Türkmenistanyň Inžener-tehnologiýalar uniwersiteti — 273-nji orun. S.A. Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersiteti — 628-nji orun. Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersiteti — 758-nji orun. Türkmen oba hojalyk instituty — 858-nji orun. Halkara senagatçylar we telekeçiler uniwersiteti — 1026-njy orun. Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika instituty — 1198-nji orun. Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary instituty — 1202-nji orun. Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasy — 1215-nji orun. Türkmenistanyň Döwlet maliýe instituty — 1359-njy orun. Türkmenistanyň Döwlet energetika instituty — 1378-nji orun. Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk instituty — 1458-nji orun. S. Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk instituty — 1735-nji orun.
9300-den gowrak türkmenistanly Hytaýyň ÝOM-larynda bilim alýar
Bilim ulgamy Türkmenistan bilen Hytaýyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň iň möhüm ugurlarynyň biri bolmagynda galýar. Bu barada Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri Raşid Meredow 24-nji sentýabrda Aşgabatda Hytaý Halk Respublikasynyň döredilmeginiň 77 ýyllygyna bagyşlanyp geçirilen çärede eden çykyşynda mälim etdi. Ministriň sözlerine görä, iki ýurduň halklarynyň gadymy medeni baglanyşyklary bar. Häzirki wagtda özara gatnaşyklar bilim, medeniýet, ylym, saglygy goraýyş we sosial ulgamyň beýleki ugurlarynda üstünlikli ösdürilýär. Ol häzirki wagtda Hytaýyň ýokary okuw mekdeplerinde 9300-den gowrak Türkmenistanyň raýatynyň bilim alýandygyny belledi. Şeýle-de ministr R.Meredow Türkmenistanda hytaý dilini öwrenmäge bolan gyzyklanmanyň ýyl-ýyldan artýandygyna ünsi çekdi. Bu günki günde ýurduň 9 ýokary okuw mekdebinde 1000 töweregi talyp we 10 sany orta mekdepde 6000-den gowrak okuwçy hytaý dilini öwrenýär. Mundan başga-da, ministr R.Meredow şu ýylyň aprel aýynda Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetinde Lu Ban ussahanasynyň işe başlandygyny, Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetinde bolsa Hytaýyň däp bolan lukmançylyk merkeziniň okuw otagynyň açylandygyny sözüniň üstüne goşdy.
Türkmenistanly ýaş mugallymlar Ýaponiýada bilimlerini kämilleşdirerler
Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň kiberfiziki ulgamlar kafedrasynyň mugallymy Wepa Abdysetdarow hem-de himiki tehnologiýalar kafedrasynyň mugallymy Mergen Nunnakow Ýaponiýanyň Sukuba uniwersitetine magistr okuw maksatnamasy boýunça bilim almaga ugradyldy. Türkmen mugallymlarynyň okuwlary 2026-njy ýylyň 12-nji sentýabryndan 2029-njy ýylyň 31-nji martyna çenli Ýaponiýanyň Halkara hyzmatdaşlyk agentligi (JICA) tarapyndan durmuşa geçirilýän «Durnukly Ösüş Maksatlary boýunça Ählumumy Lider» (JICA Development Studies Program “SDGs Global Leader”) atly magistratura okuw maksatnamasynyň çäklerinde geçiriler. Bu okuw sapary Türkmenistanyň Bilim ministrligi bilen Ýaponiýanyň Sukuba uniwersitetiniň arasynda 2025-nji ýylyň 7-nji aprelinde wodorod energiýasy boýunça bilelikdäki ylmy-barlaglar babatda hyzmatdaşlyk etmek baradaky gol çekilen özara düşünişmek hakyndaky Ähtnamanyň esasynda amala aşyrylýar. Maksatnamanyň çäklerinde türkmen mugallymlary Sukuba uniwersitetiniň magistr maksatnamasynda wodorod energiýasy we durnukly ösüş ugurlary boýunça bilim alarlar. Okuw döwründe ýaş türkmen hünärmenleri degişli dersler boýunça okuw sapaklaryna gatnaşyp, Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmäge gönükdirilen ylmy-barlag işlerini geçirerler hem-de bu ugurda Ýaponiýanyň baý tejribesini öwrenerler. Dünýäniň öňdebaryjy ýokary okuw mekdepleriniň birinde alnyp barylýan okuw we ylmy-barlag işleri Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň ýaş alymlarynyň gatnaşmagynda ýurdumyzda ýokary tehnologiýalaryň we durnukly energetika ulgamlarynyň ösdürilmegine mynasyp goşant goşar.
«Türkmeniň Altyn asyry» bäsleşiginiň ýeňjileri
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda, ýurdumyz şanly Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk baýramyny giňden we dabaraly ýagdaýda belleýär. Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllygy mynasybetli ençeme bäsleşikler we çäreler gurnalýar. Gahryman Arkadagymyz Garaşsyzlyk toýumyzyň eziz Watanymyza bolan milli buýsanjymyzy hasda berkidip, täze üstünlikleri gazanmaga we belent sepgitlere ýetmäge giň mümkinçilikleri döredip berýär. Ýurdumyzyň bedew batly ösüşleri gazanylýan taryhy üstünlikleriň aýdyň subutnamasydyr. Biz ýaşlar hem taryhy nukdaýnazardan ugur alyp, häzirki sanly tehnologiýalaryň ösýän döwründe has-da kämil işleri döredip, halka peýdaly netijeleri görkezjekdigimize ynandyrýarys. Şanly Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk toýunyň dabaraly bellenilýän günlerinde döredijilik işgärlerini edebiýat, medeniýet we sungat işgärleriniň, höwesjeň aýdymçy ýaşlaryň hemde zehinli çagalaryň arasynda yglan edilen Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň Altyn asyry» atly baýragyny almak ugrundaky bäsleşik geçirildi. Şeýle üstünlikli döredijilik ýoluna biziň sungat ojagymyz bolan Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýamyzyň hem ýaş işjeň mugallymy we zehinli talyplary gatnaşyp, baýrakly orunlara mynasyp boldular. «Nakgaşçylyk» kafedrasynyň mugallymy Maksat Hudaýberdiýew ençeme ýyllardan bäri zähmet çekip özüniň döredijilik dünýäsinde beýik üstünlikler gazandy. Ýaş suratkeş mugallym häzirki Garaşsyz baky Bitarap ýurdumyzyň parahatçylygyny, asudalygyny wasp edýän birnäçe ajaýyp eserleri döredip halkymyza ýetirdi. Şeýle çekilen zähmetiň netijesinde, iň gowy şekillendiriş, amaly-haşam sungaty eserleri, fotosuratlar, senetçilik we taslama-bezeg işleri üçin Maksat Hudaýberdiýewe Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň Altyn asyry» atly altyn zynjyrynyň eýesi bolmak miýesser etdi. Şunuň bilen bir hatarda «Amaly-haşam sungaty» fakultetiniň «Zergärçilik sungaty» hünäriniň 6-njy ýyl talyby Kömekgeldi Orazdurdyýew we «Binägärlik we dizaýn» fakultetiniň «Binagärlik ýadygärlikleriniň rejelenişi» hünäriniň 5-nji ýyl talyby Dawutmuhammet Maksatmuhammedow, «Binagärlik gurşawynyň dizaýny» hünäriniň 6-njy ýyl talyby Annageldi Şageldiýew dürli täze häzirki zaman binagärlik taslama işlerini ýerine ýetirip, öz hünärinde yzygiderli üstünlik gazanyp, hormatly Prezidentimiziň «Türkmeniň Altyn asyry» atly altyn zynjyryna mynasyp boldular. Mundan beýläk hem ýaş zehinli talyplara öz döredijilik ýolunda belent üstünliklere ýetmeklerini arzuw edýäris! Oguljan DAÝYÝEWA, Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň Şekillendiriş sungatynyň taryhy we nazaryýeti hünäriniň 4-nji ýyl talyby
Aşgabatdaky A.S. Puşkin adyndaky mekdepde Garaşsyzlygyň 35 ýyllygyna bagyşlanan konsert geçirildi
Aşgabat şäherindäki A.S Puşkin adyndaky türkmen-rus orta umumybilim berýän mekdebinde Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygyna bagyşlanan baýramçylyk çäresi geçirildi. Çäräniň dowamynda okuwçylar Türkmenistanyň at gazanan artisti, halkara bäsleşikleriň laureaty, tanymal türkmen skripkaçysy Gasan Mämmedowyň çykyşyny diňlemäge mümkinçilik aldylar. Saz ussady öz döredijilik topary — «Aşgabat» topary bilen bilelikde çykyş etdi. Toparyň düzüminde klawişa saz gurallarynda Nizami Kasymow we Aýdyn Bahlulow çykyş etdiler. Bu döredijilik topary Afrika we Ýewropa ýurtlaryna guralan gastrollary bilen hem giňden tanalýar. Baýramçylyk çäresiniň hut mekdebiň binasynda geçirilmeginiň aýratyn many-mazmuny boldy. 2002-nji ýylda esaslandyrylan bu mekdep köp ýyllaryň dowamynda Türkmenistan bilen Russiýanyň arasynda bilim we medeni hyzmatdaşlygyň möhüm merkezleriniň biri bolup hyzmat edýär. Çäre iki ýurduň arasyndaky dostlugyň we hyzmatdaşlygyň ýene-de bir aýdyň subutnamasyna öwrüldi.
ÝOKARY OKUW MEKDEPLERI ÜÇIN “PUDAGYŇ TEHNOLOGIK PROSESLERINI AWTOMATLAŞDYRMAK II” OKUW KITABY ÇAP EDILDI
Häzirki zaman önümçilik prosesleriniň ýerine ýetirilişinde aýry-aýry prosesleriň arasyndaky baglanyşyklaryň köpdürlüligi we olaryň takyk yzygiderliligi mahsusdyr. Üznüksiz we tapgyrly önümçilik, şeýle hem käbir operasiýalaryň ýokary tizlikde geçmegi bir operasiýadan beýleki operasiýa geçmeklik wagtynyň kemeldilmegini talap edýär. Munuň özi adam üçin ýerine ýetirilip bolmajak çalt täsir etmeklige, takyklyga we dolandyryşyň obýektiwligine talaby ýokarlandyrýar. Ýaňy-ýakynda Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk instituty tarapyndan taýýarlanylyp, ýokary okuw mekdepleri üçin çap edilen “Pudagyň tehnologik proseslerini awtomatlaşdyrmak” okuw kitaby (awtorlary: B.Mämmedow, P.Ýalkapow – A.: Ylym, 2026. – 432 sah.) hem ýokarda beýan edilenlere bagyşlanýar. Okuw kitabynda önümçiligi we tehnologik prosesleri dolandyrmagyň esaslary, olaryň düzüm shemalary, tehnologik prosesleriň görnüşleri we aýratynlyklary görkezilýär. Has takygy okuw kitaby girişden, alty bölümden, on bir bapdan, peýdalanylan edebiýatlaryň sanawyndan ybarat. Okuw kitabynda dürli pudaklaryň, ýagny himiki dökün öndürýän, gurluşyk, nebit-gaz, azyk senagaty, ýylylyk üpjünçiligi pudaklarynyň awtomatlaşdyrylyşyna seredilýär. Pudaklaryň awtomatlaşdyrylyşynyň funksional shemalary yzygiderli beýan edilýär. Şeýle-de sanly ulgamlaryň önümçilikde we tehnologik prosesleri awtomatlaşdyrmakda ulanylyşy görkezilýär. Bu okuw kitabyndan Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň talyplaryndan başga-da, Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň, Türkmenistanyň Inžener tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň, Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika institutynyň, S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň, Türkmen oba hojalyk institutynyň, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler uniwersitetiniň, Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň, Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň talyplary hem peýdalanyp bilerler. Türkmenistanyň Bilim ministrligi
ÝOKARY OKUW MEKDEPLERI ÜÇIN “ELEKTRON SHEMALARYŇ DERŇEWI WE HASAPLANYŞ USULLARY” OKUW KITABY ÇAP EDILDI
Elektron shemalaryny derňemekligiň maksady olaryň häsiýetleri barada has doly maglumat almakdan, berlen tehniki talaplar boýunça täze zynjyrlaryň sintezini we zynjyrlary hasaplamagyň algoritmlerini işläp düzmek üçin gerek bolan giriş hem-de çykyş parametrleriniň arasyndaky gatnaşyklary ýüze çykarmakdan ybaratdyr. Elektron shemalaryny derňemek meselesi özüne elektron shemalaryň adekwat matematiki modellerini gurmaklygy, bu modeller boýunça berlen funksiýalary we parametrleri kesgitlemekligi, ýygylykly, wagtly hem-de beýleki häsiýetnamalary gurmaklygy birleşdirýär. Ýaňy-ýakynda ýokary okuw mekdepleri üçin Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk instituty tarapyndan taýýarlanylan “Elektron shemalaryň derňewi we hasaplanyş usullary” okuw kitaby (awtorlary: B.Mämmedow, G.Hojamämmedow, P.Annamyradow – A.: Ylym, 2026. – 320 sah.) çap edildi. Bu okuw kitaby girişden, alty bölümden, peýdalanylan edebiýatlaryň sanawyndan ybarat. Olar elektron zynjyrlary modelirlemegiň umumy soraglary, shemanyň funksiýalary, ýygylykly we wagtly häsiýetnamalary, olaryň parametrleri, elektron shemalaryň algebraik modellerine esaslanan derňemek usullary, elektron shemalaryň topologik we nazary-köplük modellerine esaslanan derňemek usullary, üýtgeýän ýagdaýlar usuly bilen elektron shemalary, impulsly (açarly) shemalary derňemek usullaryny öz içine alýar. Okuw kitaby Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk instituty, Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika instituty, Türkmenistanyň Döwlet energetika instituty ýaly ýokary okuw mekdepleriniň maglumat-ölçeg tehnikasy we tehnologiýasy, mikroelektronika we ýarymgeçiriji abzallar, senagat elektronikasy hünärleriniň talyplary üçin niýetlenendir. Ondan inžener-tehniki ugurly beýleki hünärlerde okaýan talyplar hem peýdalanyp bilerler. Türkmenistanyň Bilim ministrligi
«TÜRKMENISTANDA AGROINNOWASIÝA» YLMY-AMALY ELEKTRON ŽURNALYNYŇ ILKINJI SANY OKYJYLARA GOWUŞDY
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynyň beýik Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllygy dabaraly toýlanylýan günlerinde S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň «Türkmenistanda agroinnowasiýa» atly ylmy-amaly elektron žurnalynyň ilkinji sany okyjylar köpçüligine gowuşdy. Şanly toýumyza ajaýyp sowgat bolan täze neşir hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň: «Biz oba hojalyk pudagynyň işini ylym hem-de ýokary tehnologiýalar bilen baglanyşdyryp, geljekde-de giň gerimde ösdüreris» diýen parasatly sözleri bilen başlanýar. Gahryman Arkadagymyzyň: «Ýurdumyzyň oba hojalyk pudagynyň öňünde durýan wezipeleri üstünlikli çözmek maksady bilen, täze ykdysady gatnaşyklary kemala getirmek, ýer we suw serişdelerinden netijeli peýdalanmak, has kämil tehnologiýalary ulanmak, mallardan we guşlardan bol önüm almak, pudaklaýyn ylmy, seçgiçiligi hemde tohumçylyk işini ösdürmek babatda toplumlaýyn çäreler durmuşa geçirilýär. Pudagy sanly ulgama geçirmek, döwrebap ekerançylyk ulgamyny, öňdebaryjy agrotehniki tehnologiýalary ornaşdyrmak, daýhan birleşikleriniň düşewüntliligini ýokarlandyrmak, kärende gatnaşyklaryny kämilleşdirmek babatdada anyk işler amala aşyrylýar» diýen sözleriniň çuňňur many-mazmuny S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň rektory, oba hojalyk ylymlarynyň doktory Allaberdi Gapurowyň žurnalyň başynda ýerleşdirilen «Garaşsyz Türkmenistanyň oba hojalygy: ylym we tehnologiýalar esasynda innowasion ösüş» atly makalasynda giňişleýin beýan edilýär. Täze neşirde S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň, Türkmenistanyň Milli bilim institutynyň, Ylymlar akademiýasynyň Halkara ylmy-tehnologiýa parkynyň, Türkmen oba hojalyk institutynyň, Belarus döwlet oba hojalyk akademiýasynyň wekilleriniň ylmy makalalary ýerleşdirildi. Olardan Mährižemal Allamuradowa bilen Aýbölek Babakulyýewanyň «Güýzlük bugdaýyň ýokary hasylly nusgalaryny döretmekde çaknyşdyrma usulynyň netijeliligi», Täçdurdy Şekeralyýew bilen Hojadurdy Hojadurdyýewiň «Gowaça ösdürip ýetişdirmekde kombinirlenen oba hojalyk agregatlaryny ulanmagyň ähmiýeti», Sapargeldi Durdyýewiň, Gülälek Allakulyýewanyň «Türkmenistanda arçanyň tohum iýijisiniň (Megastigmus juniperi Nikolskaya, 1952) bioekologik aýratynlyklary» atly makalalarynda möhüm ylmy barlaglaryň netijeleri beýan edilýär. Şeýle-de okyjylar Töre Garlyýewiň, Durdymyrat Gadamowyň hem-de Altyn Rahmanowanyň «Ahalteke atlarynyň tüýüniň fenotipik ýalpyldyly determinantlarynyň toplumlaýyn biohimiki seljermesiniň usuly», Aba Çaryýew bilen Amanmyrat Ýaryýewiň «Pagtany hapa garyndylardan arassalamagyň netijeli tehnologiýasyny döretmek», Maral Orazbaýewa bilen Gurbanjemal Abdyýewanyň «Demirgazyk Türkmenistanyň şertlerinde güýzlük bugdaýyň sortlarynyň hem-de nusgalarynyň agrobiologik görkezijileri we hasyllylygy», Irina Şafranskaýanyň, Iwan Şafranskiniň «Süýt senagatynyň geljekki ösüş ugurlary», Meret Meredowyň, Ogulşirin Haýdarowanyň, Aşyrmamet Dossyýewiň hem-de Mahriban Maýlyýewanyň «Wodorod atmosferasynda palladiý çaýylan diod gurluşda elektronlaryň generirlenmegi» atly ylmy makalalaryny okap bilerler. Bulardan başga-da, täze neşirde S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň «Türkmenistanda agroinnowasiýa» atly ylmy-amaly elektron žurnalyna ylmy makalalary taýýarlamagyň we hödürlemegiň tertibi ýerleşdirildi. Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň 2026-njy ýylyň 26-njy iýunynda geçirilen Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde «Türkmenistanda agroinnowasiýa» atly ylmy-amaly elektron žurnalyny döretmek baradaky teklibiň goldanandygyny göz öňünde tutup, degişli işleri geçirmeli» diýip beren tabşyrygyna laýyklykda, «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynyň dabaraly toýlanylan Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet gününe gabatlanyp, S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň «Türkmenistanda agroinnowasiýa» atly ylmy-amaly elektron žurnaly döredildi. Täze ylmy-amaly elektron neşir hormatly Prezidentimiziň tabşyryklaryny ýerine ýetirmek, «Türkmenistanda ylym ulgamyny ösdürmegiň 2024 — 2052-nji ýyllar üçin Strategiýasynda» döwürleýin ylmy neşirleriň halkara standartlara laýyk neşir edilmegini, şol sanda ylym ulgamyna degişli žurnallaryň halkara talaplara laýyk gelmegini gazanmak, «Türkmenistanda ýokary hünär bilimini ösdürmegiň 2026 — 2052-nji ýyllar üçin Strategiýasynda» ýokary okuw mekdepleriniň professor-mugallymlarynyň we talyplarynyň abraýly ylmy žurnallarda makalalaryny çap etmeklerini höweslendirýän usullary işläp taýýarlamak boýunça öňde goýlan wezipeleri ýerine ýetirmek, şeýle-de «Türkmenistanda ylmyň, tehnikanyň we tehnologiýalaryň gazananlaryny wagyz etmek boýunça 2026 — 2030-njy ýyllar üçin Döwlet maksatnamasyna» hem-de şu Maksatnamany amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň meýilnamasyna esaslanyp, ýokary okuw mekdebinde oba hojalyk ylymlary we ylmyň beýleki ugurlary boýunça alnyp barylýan ylmy barlaglaryň netijelerini, halkara ylmy hyzmatdaşlygyň miwelerini dünýä jemgyýetçiligine ýetirmek, bilim — ylym — önümçilik arabaglanyşygynyň ösdürilişini wagyz etmek, professor-mugallymlary, ýaş alymlary, talyp ýaşlary agroinnowasiýalary özleşdirmäge we döretmäge, ylmy açyşlara, oýlap tapyşlara höweslendirmek maksady bilen döredildi. Bu elektron neşir ýokary okuw mekdebimizde oba hojalyk ylymlary we ylmyň beýleki ugurlary boýunça alnyp barylýan ylmy barlaglaryň netijelerini, halkara ylmy hyzmatdaşlygyň miwelerini dünýä jemgyýetçiligine ýetirmäge giň mümkinçilikleri döreder. Täze elektron žurnalyň döredilmegi ýaş alymlary, talyp ýaşlary hem agroinnowasiýalary özleşdirmäge we döretmäge, ylmy açyşlara, oýlap tapyşlara höweslendirer. Žurnalda agronomçylyk, agroekologiýa, weterinar lukmançylygy, zootehniýa, oba hojalyk önümlerini gaýtadan işlemek, dokma önümçiligi, gidromeliorasiýa, oba hojalygynyň mehanizasiýasy, oba hojalygynyň ykdysadyýeti we dolandyrylyşy, oba hojalygynda tebigy, takyk we ynsanperwer ylymlar, sanly oba hojalygy, oba hojalygynda ýokary tehnologiýalar we Durnukly ösüş maksatlary, tokaý, balyk hojalyklary ýaly dürli ugurlara degişli nazary, ylmy-amaly makalalar okyjylara ýetiriler. Olar häzirki döwürde ýurdumyzyň oba hojalyk pudagyny toplumlaýyn ösdürmek, onuň maddy-enjamlaýyn binýadyny has-da berkitmek, ekerançylygyň medeniýetini ýokarlandyrmak, önümçilige öňdebaryjy tehnologiýalary ornaşdyrmak, tohumçylyk işini kämilleşdirmek boýunça durmuşa geçirilýän netijeli işler, ösen halkara tejribeler bilen baglanyşykly bolar. Guşçulygy we maldarçylygy ösdürmek, azyk bolçulygyny üpjün etmek, ýer we suw serişdelerini oýlanyşykly peýdalanmak, daşky gurşawy goramak bilen bagly wezipelere hem aýratyn üns berler. «Türkmenistanda agroinnowasiýa» atly ylmy-amaly elektron žurnaly her 2 aýdan 1 gezek elektron görnüşde taýýarlanar. Žurnalyň redaksion geňeşiniň düzümine diňe bir ýurdumyzyň däl, daşary ýurtlaryň hem ylym-bilim ojaklarynyň wekilleri, meşhur oba hojalykçylary goşuldy. Olaryň hatarynda Türkmenistanyň Gahrymany, Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Tohumçylyk meseleleri boýunça hökümetara utgaşdyryjy geňeşiniň başlygy, oba hojalyk ylymlarynyň doktory, akademik Iwan Kuzmin, «Daşkent irrigasiýa we oba hojalygynyň mehanizasiýasynyň inženerleri institutynyň», Tatişew adyndaky Astrahan döwlet uniwersitetiniň, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň, Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrliginiň Çöller, ösümlik we haýwanat dünýäsi milli institutynyň, Türkmenistanyň Oba hojalyk ministrliginiň Agrar özgertmeler, oba hojalyk ylmy we bilimi müdirliginiň, Döwlet weterinariýa gullugynyň, Ylmy-barlag ekerançylyk institutynyň, Ylmy-barlag däneçilik institutynyň, Ylmy-barlag pagtaçylyk institutynyň, Ylmy-barlag maldarçylyk we weterinariýa institutynyň, Döwlet merkezi botanika bagynyň, Türkmenistanyň Suw hojalygy baradaky döwlet komitetiniň «Türkmensuwylymtaslama» türkmen döwlet suw hojalyk ylmy-önümçilik we taslama institutynyň, Milli bilim institutynyň, Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň, Sadulla Rozmetow adyndaky oba hojalyk paýdarlar jemgyýetiniň wekilleri bar. Žurnalyň redaksion toparyna bolsa ýokary okuw mekdebimiziň kafedralarynyň ählisiniň wekilleri agzalyk edýärler. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Garaşsyz, baky Bitarap ýurdumyzyň oba hojalygyny ylym we tehnologiýalar esasynda innowasion ösüş ýolundan öňe alyp barýan Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagyny, il-ýurt, adamzat ähmiýetli işleriniň rowaçlyklara beslenmegini arzuw edýäris. S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň «Türkmenistanda agroinnowasiýa» ylmy-amaly elektron žurnalynyň ilkinji sanyny şu ýerden ýükläp alyp bilersiňiz. Rahmanberdi GÖKLEŇOW, S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň ylym bölüminiň esasy hünärmeni, «Türkmenistanda agroinnowasiýa» ylmy-amaly elektron žurnalynyň jogapkär kätibi.
Ylmy-amaly maslahaty geçirildi
2026-njy ýylyň sentýabr aýynyň 22-ne Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynda Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň şanly 35 ýyllygy mynasybetli «Garaşsyzlyk milletiň buýsanjydyr» atly ylmy-amaly maslahaty geçirildi. Ylmy-amaly maslahata institutyň professor-mugallymlary, ylmy işgärleri, önümçilikde zähmet çekýän ugurdaş hünärmenler, aspirantlar we talyp ýaşlar gatnaşdylar. Maslahat öz işini esasy mejlisde we «Garaşsyzlyk bagtyň şuglasy», «Bilim ulgamynda innowasion tehnologiýalar», «Sanly ykdysadyýet we energetiki menejment», «Garaşsyzlyk ýyllarynda energetika pudagynyň ösüşi» hem-de «Energiýanyň alternatiw çeşmelerini ulanmagyň tehnologiýalary» atly 5 bölümçede dowam etdi. Ylmy-amaly maslahatyň dowamynda 100-e golaý ylmy çykyşlary diňlenildi. Soňra bolsa, institutyň “Kuwwat” aýdym-saz toparynyň çeper höwesjeň talyp ýaşlarynyň ýerine ýetirmeklerinde Türkmenistanyň Garaşsyzlygyny, Türkmenistan Watanymyzy, türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzy, Arkadagly Gahryman Serdarymyzy wasp edýän birnäçe aýdymlara tomaşa edildi. Maslahata ahyrynda oňa gatnaşyjylar ylym-bilim ulgamynda döredilýän ähli mümkinçilikler üçin Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş hem-de hoşallyk sözlerini aýtdylar. Türkmenistanyň Döwlet energetika instituty
BELENT ÜSTÜNLIKLERE TARAP
2026-njy ýylyň «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany» ýyly diýlip atlandyrylmagy bilen ahalteke bedewlerimiziň dünýädäki şan-şöhratyny has-da artdyrmak, halkara hyzmatdaşlygy ösdürmek, parahatçylyk we dostluk gatnaşyklaryny ilerletmek hem-de halkara jemgyýetçiligiň halkymyzyň medeni mirasy bilen tanyşdyrylmagy üçin uly mümkinçilikleri döredýär. Ahalteke bedewi türkmen halkynyň milli buýsanjy, dünýä medeni – mirasynyň gymmatly hazynalarynyň biridir. Ýaňy ýakynda Niderlandlar Patyşalygynda ahalteke atlaryň arasynda atly sport we gözellik bäsleşiginiň dünýä çempionatynyň çäklerinde ahalteke bedewleriniň gözelligini çeper beýan edýän «Ahalteke bedewi – gözelligiň naýbaşy nusgasy» atly halkara bäsleşigi geçirildi. Ýewropa yklymynda ilkinji gezek geçirilen bäsleşige gatnaşan sungat işgärleri ahalteke bedewleriniň tebigy gözelligini sungat eserlerinde çeper wasp etmekde nakgaşçylyk, heýkeltaraşlyk, zergärçilik, haly we fotosurat eserleriniň üsti bilen olaryň taryhy ähmiýetini, gözelliginiň taryhy aýratynlyklaryny we halkara derejesindäki şan-şöhratyny giňden açyp görkezdiler. Bu bolsa şanly ýylda behişdi bedewlerimiziň şan-şöhratyny dünýä ýaýmakda ägirt uly goşant boldy. Halkara bäsleşige sungat ojagymyz bolan Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň halypa suratkeş mugallymlary we ýaş zehinli talyplary hem gatnaşdylar. Behişdi bedewleriň gözelligini nakgaşçylyk eserlerinde wasp etmek boýunça Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň dizaýn kafedrasynyň mugallymy Arslan Atahanowyň «Garaşsyz» atly nakgaş eseri ýeňiji diýlip yglan edildi. Heýkel eserlerinde wasp etmek boýunça heýkeltaraşlyk kafedrasynyň mugallymlary Patdyk Patdykow «Maşgala» atly heýkel eseri I orna we Ahat Mälikow «At – myrat» atly heýkel eseri bilen II orna mynasyp boldular. Atlaryň gözelligini haly eserlerinde wasp etmek boýunça amaly-haşam sungaty kafedrasynyň mugallymy Bahar Pirgulyýewa «Bedew» atly eseri bilen ganaşyp, II orna mynasyp boldy. Ahalteke atlarynyň gözelligini fotosuratlarda wasp etmek boýunça amaly-haşam sungaty fakultetiniň 6-njy ýyl talyby Nurmuhammet Ýolamanow «Behişdi bedewler» atly foto eserler toplumy bilen gatnaşyp, II orna mynasyp boldy. Bu halkara bäsleşiginde Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň mugallymlarynyň we talyp ýaşlarynyň baýrakly orunlaryna mynasyp bolmagy bizi diýseň buýsandyrýar we begendirýär. Ahalteke bedewleriniň gözelligini dünýä ýüzünde ýaýmakda giň mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag bolsun, ömürleri uzak tutýan tutumly işleri mundan beýläk hem rowaçlyklara beslensin! Hesel BEKMURADOWA, Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň Şekillendiriş sungatynyň taryhy we nazaryýeti hünäriniň 2-nji ýyl talyby
Ylmy makalalar ýygyndysy çap edildi
Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň şanly 35 ýyllyk baýramy mynasybetli Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň hem-de Türkmen döwlet maliýe institutynyň bilelikde taýýarlan «Garaşsyz Türkmenistanyň durmuş-ykdysady ösüşi» atly ylmy makalalar ýygyndysy çap edildi. Ýygyndy bu iki ýokary okuw mekdebiň professor-mugallymlarynyň ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň dürli ugurlaryna degişli bolan ylmy makalalaryny öz içine alýar. Olarda Garaşsyzlyk ýyllarynda ýurdumyzyň durmuş-ykdysady ösüşinde gazanylan üstünlikler, amala aşyrylýan giň gerimli özgertmeler hem-de ösüşiň geljekki ileri tutulýan ugurlary ylmy taýdan seljerilýär. Awtorlar nazary garaýyşlaryny milli ykdysadyýetimiziň häzirki ösüş tejribesi we halkara tejribesi bilen utgaşdyrýarlar. Ýygyndynyň neşir edilmeginiň baş maksady ýurdumyzyň Garaşsyzlyk ýyllary içinde geçen ösüş ýoluny ylmy nukdaýnazardan şöhlelendirmekden, gazanylan oňyn netijeleri ýaýbaňlandyrmakdan we ykdysadyýetiň mundan beýläk-de durnukly ösdürilmegine gönükdirilen çemeleşmeleri öňe sürmekden ybaratdyr. Neşir mazmun taýdan köptaraplydyr. Ýygyndydaky ylmy makalalarda milli zähmet bazary, gymmatly kagyzlar bazary, maýa goýum syýasaty, bank hyzmatlary, döwlet býujeti, salgyt ulgamy, ätiýaçlandyryş, maliýe hasabatlylygy, telekeçilik, daşary söwda dolanyşygy, senagat, ulag ulgamy we azyk howpsuzlygy bilen bagly meseleler giňişleýin beýan edilýär. Şeýle hem olarda kärhanalaryň maliýe serişdelerini netijeli dolandyrmak, müşderileriň karza ukyplylygyna baha bermek, döwlet emläklerini hususylaşdyrmak, önümçiligiň özüne düşýän gymmatyny optimallaşdyrmak hem-de ykdysady howpsuzlygy üpjün etmek meselelerine hem aýratyn üns berilýär. Ýygyndynyň möhüm ugurlarynyň biri-de sanlylaşdyrmak bilen baglanyşyklydyr. Sanly ykdysadyýet, emeli aň, sanly ekiz tehnologiýalary, maglumatlary gaýtadan işlemek, elektron täjirçiligi, häzirki zaman programmirleme dilleri we ykdysady ösüşi seljermegiň matematiki usullary barada taýýarlanan ylmy makalalar neşiriň döwrebap mazmunyny baýlaşdyrýar. Innowasiýalaryň we ýokary tehnologiýalaryň ykdysady ösüşi ýokarlandyrmakdaky möhüm orny ylmy makalalarda giňişleýin açylyp görkezilýär, olaryň önümçiligiň netijeliligine hem-de bäsdeşlige ukyplylygyna ýetirýän täsiri ylmy taýdan esaslandyrylýar. Neşirdäki ylmy makalalarda durnukly ösüş, ýaşyl we galyndysyz ykdysadyýet, bioykdysadyýet, ekologiýa taslamalary, gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleri, bilimleriň ykdysadyýeti hem-de ýaşlar telekeçiligi baradaky ylmy garaýyşlara hem giň orun berilýär. Bu neşir professor-mugallymlar, ylmy işgärler, aspirantlar, alymlyk derejesine dalaşgärler, magistrantlar, talyplar we ykdysadyýet bilen gyzyklanýan giň okyjylar köpçüligi üçin ykdysady ugurly gymmatly maglumat çeşmesi bolup biler. Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş instituty Türkmen döwlet maliýe instituty
BILIM BOÝUNÇA HALKARA YLMY-AMALY MASLAHAT: TÜRKMENISTANYŇ TEJRIBESI АLYMLARYŇ WE MUGALLYMLARYŇ ÜNS MERKEZINDE
Ýakynda Russiýa Federasiýasynyň paýtagty Moskwa şäherinde geçirilen «Häzirki zaman bilimi. Wajyp meseleler we çözgütler» atly halkara ylmy-amaly maslahata türkmenistanly alymlar we bilim işgärleri hem onlaýn görnüşinde gatnaşyp, çykyşlary etdiler. Ylmy-amaly maslahaty Russiýanyň Tebigy bilimler akademiýasynyň (RANH) professory hem-de Alymlaryň, mugallymlaryň we hünärmenleriň Halkara assosiasiýasynyň ýerine ýetiriji direktory Kirill Aleksandrowiç Bizenkow alyp bardy. Bu ylmy-amaly maslahata Russiýanyň, Belarusyň, Türkmenistanyň we Özbegistanyň ýokary okuw mekdepleriniň professor-mugallymlary, usulyýetçi alymlary gatnaşdylar. Ara alnyp maslahatlaşylan meseleleriň hatarynda ylmy-amaly maslahata gatnaşyjylar halkara we pudagara aýratynlyklaryny — didaktikadan we ruhy-ahlak biliminden başlap, bilimiň sanlylaşdyrylmagyna we ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň lukmançylyk taýýarlygyna çenli häzirki döwrüň wajyp meseleleri barada nygtap bellediler. Gozgalan şol möhüm meseleleriň çözgüdiniň ylmy we usulyýet esaslaryny beýan ediler hem-de meseleleri çözmegiň anyk ýollaryny ara alyp maslahatlaşdylar. Türkmenistanyň Milli bilim institutynyň Bilim işgärleriniň hünärini kämilleşdiriş bölüminiň müdiri, biologiýa ylymlarynyň doktory, dosent S.K. Durdyýewiň hem-de şol institutyň Tebigy we takyk bilimler bölüminiň uly ylmy işgäri A.S.Sähetmyradowanyň «Türkmenistanyň mekdeplerinde geografiýa biliminde döwrebapsanly tehnologiýalary ulanmak» atly çykyşy, şeýlehem S.A. Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň Tokaý hojalygy we tokaý seýilgählerini dolandyrmak kafedrasynyň mugallymy, ylymlaryň kandidaty alymlyk derejesine dalaşgär G.A.Allakuliýewanyň «Bezeg bagçylygy» okuw dersini okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmek» diýen temalarda eden täsirli çykyşlary ylmy-amaly maslahata gatnaşyjylarda aýratyn gyzyklanmany döretdi. Bu maglumatlar umumy orta bilim berýän hem-de ýokary okuw mekdepleriniň halkara ylmy dialoglarda özara hyzmatdaşlyk etmekleri we Russiýadan, Merkezi Aziýa ýurtlaryndan gatnaşan kärdeşleri bilen tejribe alyşmaklary dogrusyndaky meseleleri öz içine aldy. Ylmy-amaly maslahatda edilen çykyşlar häzirki zaman bilimiň esasy ugurlaryny öz içine aldy: emeli aň intellekti bilim-terbiýeçilik we ylmy işlere ornaşdyrmak, orta mekdeplerde we ýokary okuw mekdeplerinde bilimi sanlylaşdyrmak, okatmagyň ruhy-ahlak esaslaryny berkitmek we lukmançylykdan oba hojalygyna çenli dürli ugurlarda okaýanlaryň hünär taýýarlygyny ýokarlandyrmak, bilim-ylym ulgamynda halkara hymatdaşlygyny işjeňleşdirmek. Şeýle halkara platformalary öňdebaryjy tejribeleriň alyş-çalşyny hem-de alymlaryň we mugallymlaryň arasynda täze gatnaşyklaryň ýola goýulmagyny, şonuň ýaly-da ýurtlaryň arasynda ylym-bilim hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmagy we yzygiderli kämilleşdirmegi üpjün edýär. Munuň özi bolsa, Türkmenistanyň hormatly Prezidenti tarapyndan kesgitlenen bilim ulgamyny dünýäniň ösen döwletleriniň derejesine laýyklykda dörebaplaşdyrmak babatyndaky anyk maksatlara we aýdyň wezipelere laýyk gelýär. Türkmenistanyň Milli Bilim Instituty
Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetinde geçirilen Biologiýa dersi boýunça bäsleşigiň döwlet tapgyrynyň jemi jemlendi
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe bilim ulgamynda innowasiýalary ornaşdyrmak, şeýle hem bilimiň hiline garaşsyz monitoringi ýokarlandyrmak, Türkmenistanda ýokary hünär bilimini ösdürmegiň 2026-2052-nji ýyllar üçin Strategiýasyny amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň 2026-njy ýyl üçin Meýilnamasynda göz öňünde tutulan işleri durmuşa geçirmek hem-de 2023-nji ýylyň 21-nji iýulynda Türkmenistanyň Bilim ministriniň 291 belgili buýrugy bilen tassyklanan «Türkmenistanda ýaşlary hünäre ugrukdyrmak işlerini geçirmek barada Gözükdirijiniň» talaplaryny berjaý etmek, ösüp gelýän ýaş nesliň lukmançylyk hünärlerine bolan höweslerini artdyrmak, zehinli mekdep okuwçylaryny ýüze çykarmak we goldamak maksady bilen 2026-njy ýylyň sentýabr aýynyň 18-ne Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetinde «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk toýy mynasybetli ýurdumyzyň umumybilim berýän orta mekdepleriniň ýokary synp okuwçylarynyň arasynda geçirilen Biologiýa dersi boýunça bäsleşigiň döwlet tapgyrynyň jemi jemlendi. Bäsleşigiň çäginde uniwersitetimiz bilen tanyşlyk, paýtagtymyzyň gözel ýerlerine syýahat hem-de dabaraly ýagdaýda sowgat gowşurylyşyk ýaly çäreler gurnaldy. Çekeleşikli geçen bäsleşikde has gowy netije görkezen Ahal welaýatynyň Babadaýhan etrabynyň ýöriteleşdirilen 19-njy orta mekdebiniň 11-nji synp okuwçysy Garaýew Sähetmyrat I orna, Ahal welaýatynyň Babadaýhan etrabynyň 18-nji orta mekdebiniň 12-nji synp okuwçysy Maksadowa Güljemal, Mary welaýatynyň Türkmengala etrabynyň 20-nji orta mekdebiniň 12-nji synp okuwçysy Annamämmedowa Aýnur II orna, Lebap welaýatynyň Kerki etrabynyň ýöriteleşdirilen 37-nji orta mekdebiniň 12-nji synp okuwçysy Aşirow Şanazar, Balkan welaýatynyň Balkanabat şäheriniň 20-nji orta mekdebiniň 12-nji synp okuwçysy Esenowa Aýlar, Daşoguz welaýatynyň Daşoguz şäheriniň ýöriteleşdirilen 10-njy orta mekdebiniň 12-nji synp okuwçysy Atajanowa Mähri III orna mynasyp boldylar. Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersiteti
TÜRKMEN DIPLOMATIÝASYNYŇ MILLI MEKDEBINDE GEÇIRILEN DABARALY MASLAHAT
2026-njy ýylyň 18-nji sentýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda hormatly Prezidentimize Koreýa Respublikasynyň Songýungwan uniwersitetiniň syýasy ylymlaryň hormatly doktory derejesiniň berilmegi mynasybetli Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň, Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň hem-de Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň bilelikde guramagynda dabaraly maslahat geçirildi. Maslahata ýurdumyzyň ähli ýokary okuw mekdepleriniň mugallymlary we talyp ýaşlary gatnaşdylar. Dabaraly maslahatda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary, Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň Parahatçylyk we bitaraplyk kafedrasynyň müdiri, Türkmenistanyň Gahrymany, syýasy ylymlaryň doktory Aksoltan Ataýewa, ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň Milli toparynyň jogapkär sekretary, Türkmenistanyň Gahrymany, filosofiýa ylymlarynyň kandidaty Çynar Rustemowa, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň prezidenti, fizika-matematika ylymlarynyň doktory, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň habarçy agzasy Allaberdi Aşirow, Türkmenistanyň Bilim ministri, taryh ylymlarynyň kandidaty Jumamyrat Gurbangeldiýew, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň rektory, pedagogika ylymlarynyň kandidaty Gülşat Ýusupowa, Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň rektory, pedagogika ylymlarynyň kandidaty Maral Kuliýewa, Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň rektory, pedagogika ylymlarynyň kandidaty Maksat Çaryýew, Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň prorektory Azat Babaýew hem-de koreý dilinde Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň Gündogar dilleri we edebiýaty fakultetiniň 3-nji ýyl talyby Leýli Döwletowa çykyş etdiler. Çykyş edenler hormatly Prezidentimiziň Koreýa Respublikasyna döwlet saparynyň çäklerinde köptaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ýyl ýazgysynda taryhy sahypany açýan “Merkezi Aziýa — Koreýa Respublikasy” ilkinji sammitine gatnaşmagy we häzirki zaman halkara gatnaşyklarynyň ählumumy özgerýän şertlerinde bu sammitiň geçirilmegi Merkezi Aziýa sebitiniň dünýäniň geosyýasy we geoykdysady ulgamynda barha artýan ornuny görkezýändigi barada giňişleýin bellediler. Şeýle hem, hormatly Prezidentimiziň sammitiň dowamynda eden çykyşynda senagat, oba hojalygy, ekologiýa, suw meselesi, saglygy goraýyş, hyzmatlar ulgamy, syýahatçylyk häzirki wagtda möhüm ugurlaryň hatarynda durýandygyny belläp, bu babatda “Ösüşiň we innowasiýalaryň bähbidine Merkezi Aziýanyň we Koreýa Respublikasynyň geljekki hyzmatdaşlygy” şygary bilen geçiriljek “Merkezi Aziýa — Koreýa Respublikasy” işewürlik sammitiň möhüm waka boljakdygy barada nygtandygyny dabaranyň dowamynda çykyş edenler buýsanç bilen aýtdylar. Arkadagly Gahryman Serdarymyz öz çykyşynda: “Bilim ulgamynda biz Merkezi Aziýa ýurtlarynyň hem-de Koreýa Respublikasynyň bilim edaralarynyň arasynda hyzmatdaşlygyň täze görnüşlerini, şol sanda iki diplomlylyk maksatnamalaryny ösdürmegi teklip etdik. Şeýle-de ýaşlaryň sanly bilimlerini artdyrmagy, bilelikdäki olimpiadalary, bäsleşikleri we maslahatlary geçirmegi wajyp hasap edýäris. Ylym ulgamynda ýaş alymlaryň bilelikdäki ylmy-barlag, taslama-gözleg işlerini işjeňleşdirmegi, Ýaşlaryň innowasion pikirlerini ösdürmegi we ornaşdyrmagy goldamak institutyny döretmegi teklip edýäris” diýip bellemegi bilim ulgamyny has-da kämilleşdirmäge itergi berjekdigi barada hem aýratyn nygtaldy. Bellenilişi ýaly, Medeniýet ulgamynda Türkmenistan tarapyndan Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Koreýa Respublikasynyň ýaşlarynyň medeniýetara alyşmalarynyň “Ýol kartasy”, şeýle-de “Ýaş zehinler” maksatnamasy teklip edildi. Hormatly Prezidentimiz döwletlerimiziň ýaşlaryny birleşdirýän festiwallary, konsertleri, döredijilik bäsleşiklerini we beýleki çäreleri geçirmegi dowam etdirmegiň zerurdygyny aýdyp, sport hyzmatdaşlygyny, şol sanda hünärmenler alyşmalaryny ösdürmegi, sagdyn durmuş ýörelgelerini ilerletmegi, Merkezi Aziýa ýurtlarynyň hem-de Koreýa Respublikasynyň Halkara ýaşlar sport oýunlaryny guramak baradaky meselä seretmegi teklip edendigi dogrusynda maslahatyň dowamynda aýdylyp geçildi. Hormatly Prezidentimiziň Koreýa Respublikasyna amala aşyran döwlet saparynyň çäklerinde 600 ýyldan gowrak taryhy bolan meşhur Songýungwan uniwersitetiniň prezidenti Ýu Ji Bom tarapyndan hormatly Prezidentimize baý syýasy tejribesini, ykdysadyýeti diwersifikasiýalaşdyrmak arkaly durnukly döwlet ösüşini ýola goýandygyny hem-de Merkezi Aziýada durnuklylygy we hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga goşan goşantlaryny göz öňünde tutup, Aspirantura komitetiniň karary bilen syýasy ylymlaryň hormatly doktory derejesiniň berlendigi barada dabaraly maslahata gatnaşyjylar buýsanç bilen bellediler. Ýeri gelende bellesek, 1957-nji ýyldan bäri bu ýokary dereje bary-ýogy 101 adama, şol sanda 2015-nji ýylda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyza berilipdi. Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda hormatly Prezidentimize Koreýa Respublikasynyň Songýungwan uniwersitetiniň syýasy ylymlaryň hormatly doktory derejesiniň berilmegi mynasybetli geçirilen dabaraly maslahatyň ahyrynda oňa gatnaşyjylaryň adyndan Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň adyna Ýüzlenme kabul etdiler. Merjen GURBANNAZAROWA, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň Halkara hukugy we deňeşdirme hukuk öwreniş kafedrasynyň uly mugallymy
Türkmen wekiliýeti Tokio şäherindäki sebit seminarynda öňdebaryjy tejribäni öwrenýär
Tokio şäherinde 16-njy sentýabrda Birleşen Milletler Guramasynyň Neşe serişdeleri we jenaýatçylyk baradaky müdirliginiň (UNODC) sebit maslahaty öz işine başlady. Ýaşlaryň mümkinçiliklerini giňeltmek, sanly durnuklylygy ýokarlandyrmak hem-de Merkezi Aziýada zorlukly ekstremizmiň öňüni almak maksady bilen strategik aragatnaşyklary ösdürmek meselesine bagyşlanan bu çärä Türkmenistan hem işjeň gatnaşýar. Ýurdumyza wekilçilik edýän toparyň düzümine bilim ministriniň orunbasary Azat Ataýew, Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň, raýat jemgyýetiniň wekilleri hem-de Merkezi Aziýanyň Sebit Ýaşlar torunyň (RYNCA) agzalary girýär. Ýaponiýanyň Hökümetiniň goldawy bilen geçirilýän seminara Merkezi Aziýanyň bäş döwletiniň wekilleri, halkara bilermenler, döwlet edaralarynyň we öňdebaryjy tehnologiýa kompaniýalarynyň wekilleri gatnaşýar. Duşuşygyň ilkinji gününde sanly giňişlikde çagalaryň we ýaşlaryň howpsuzlygyny üpjün etmek boýunça Ýaponiýanyň tejribesi ara alnyp maslahatlaşyldy. Gatnaşyjylar ene-atalar tarapyndan gözegçilik, ýaş aýratynlyklary boýunça tassyklama mehanizmleri, kiber howplara garşy göreşmegiň usullary, şeýle hem döwlet edaralarynyň halkara internet we oýun platformalary bilen hyzmatdaşlygynyň ugurlary barada pikir alyşdylar. Seminarda dünýä belli tehnologiýa kompaniýalarynyň wekilleri hem öz tejribelerini paýlaşdylar. Hususan-da, Nintendo, Roblox kompaniýalarynyň wekilleri hem-de sanly howpsuzlyk boýunça halkara bilermenler häzirki zaman çözgütleri bilen çykyş etdiler. Çäräniň dowamynda ýaşlaryň sanly giňişlikdäki orny aýratyn nygtaldy. Gatnaşyjylar ýaşlaryň diňe bir öňüni alyş maglumatlaryny kabul edijiler bolman, eýsem sanly çözgütleriň, jemgyýetçilik başlangyçlarynyň we oňyn mazmunlaryň döredilmegine işjeň gatnaşýan taraplar bolmalydygyny bellediler. Türkmen wekiliýeti geçirilen pikir alyşmalarda sanly durnuklylyk düşünjesine has giňişleýin çemeleşmegiň möhümdigini öňe sürdi. Türkmen tarapy bu düşünjäniň diňe zyýanly mazmundan goragy däl, eýsem ýaşlaryň sanly serişdeleri peýdalanmak medeniýetini ýokarlandyrmagy, tankydy pikirlenme ukybyny ösdürmegi, bilim almaga höweslendirmegi we sanly giňişligi şahsy hem-de hünär taýdan ösüş üçin netijeli ulanmaga şert döretmegi öz içine almalydygyny belledi. Türkmenistanyň wekilleri öňüni alyş işleriniň iki esasy ugry özünde jemlemelidigini nygtadylar. Olar howpsuz sanly gurşawy döretmek we ýaşlaryň gyzyklanmalaryny bilim, döredijilik hem-de taslama işlerine gönükdirmekden ybaratdyr. Şeýle çemeleşme ýaşlary diňe bir daşarky howplardan goramak bilen çäklenmän, eýsem olaryň töwekgelçilikleri özbaşdak tanamak ukybyny hem güýçlendirýär. Ýaşlar mejlisiniň çäklerinde Merkezi Aziýanyň Sebit Ýaşlar torunyň Türkmenistandan wekili Şükürgeldi Myradow «Ýaşlaryň durnukly başlangyçlary merkezini» döretmek baradaky teklibini hödürledi. Bu başlangyç ýaşlaryň döwlet edaralary, raýat jemgyýeti we halkara hyzmatdaşlar bilen bilelikde sanly mazmunlary, jemgyýetçilik ähmiýetli taslamalary işläp taýýarlap biljek hemişelik meýdançasyny döretmegi göz öňünde tutýar. Teklip edilýän merkeziň çäklerinde ýaşlar häzirki zaman tehnologiýalary, strategik aragatnaşyklar, media sowatlylygy boýunça bilimlerini artdyrar, şeýle hem zähmet bazarynda zerur bolan amaly başarnyklary ösdürmäge mümkinçilik alarlar. Seminaryň ilkinji güni ýaşlaryň, döwlet edaralarynyň we hususy tehnologiýa pudagynyň arasynda sebit hyzmatdaşlygyny ösdürmäge uly gyzyklanma bardygyny görkezdi. Duşuşygyň işi 17–18-nji sentýabrda dowam eder. Maksatnamanyň çäklerinde CAPVE toruny ösdürmek, strategik aragatnaşyklar, ýaşlaryň gatnaşygyny giňeltmek hem-de Ýaponiýanyň öňüni alyş we jemgyýete gaýtadan goşmak boýunça tejribesini öwrenmek maksatly amaly maslahatlar geçiriler.
Türkmenistan bilen Koreýa Respublikasynyň arasynda bilim we innowasiýalar ulgamyndaky hyzmatdaşlygy ösdürmegiň täze ugurlary maslahatlaşyldy
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Koreýa Respublikasyna amala aşyran resmi saparynyň çäklerinde Türkmenistanyň Bilim ministri J.Gurbangeldiýew bilen Koreýa Respublikasynyň Ählumumy innowasiýa okuwlary guramasynyň (Global Innovation Studies instituty) ýerine ýetiriji direktory Kim Kýo Şigiň arasynda duşuşyk geçirildi. Duşuşykda Türkmenistanyň we Koreýa Respublikasynyň arasynda bilim, ylym we innowasiýalar ulgamyndaky hyzmatdaşlygy ösdürmegiň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Bellenilişi ýaly, Türkmenistanda bilim ulgamyny döwrebaplaşdyrmaga, sanly tehnologiýalary giňden ornaşdyrmaga, ýaşlaryň ylmy we döredijilik mümkinçiliklerini ösdürmäge aýratyn ähmiýet berilýär. Şunuň bilen baglylykda, hünär-tehniki bilim ulgamynda koreý tejribesine öwrenmek, mugallymlaryň hünär derejesini ýokarlandyrmak boýunça hyzmatdaşlygy ýola goýmak teklip edildi. Ählumumy innowasiýa okuwlary guramasy bilen hyzmatdaşlygyň hukuk binýadyny berkitmek babatda hem möhüm ädim ädildi. Hususan-da, saparyň çäklerinde «Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary instituty bilen Ählumumy innowasiýa okuwlary guramasynyň (Koreýa Respublikasy) arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama» gol çekildi. Bu resminama taraplaryň bilim, ylmy gözlegler we innowasiýa işjeňligi boýunça özara hyzmatdaşlygyny ösdürmäge, tejribe alyşmagy giňeltmäge hem-de geljekde bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmäge täze mümkinçilikleri açýar. Duşuşykda emeli aň we sanly tehnologiýalar boýunça hem hyzmatdaşlygyň geljegi uly ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy. Şeýle hem zähmet bazarynyň geljekki zerurlyklaryny öwrenmek, täze hünärleri kesgitlemek, ýaşlaryň ýokary tehnologiýaly pudaklarda işlemek üçin zerur başarnyklaryny ösdürmek boýunça bilermenler duşuşyklaryny we tegelek stollary geçirmek meselesi öňe sürüldi. Taraplar ýaşlaryň we alymlaryň akademiki hereketliligini giňeltmegiň, şeýle hem magistrantlar, doktorantlar we ýaş alymlar üçin bilelikdäki grant we tejribe maksatnamalaryny döretmegiň mümkinçilikleri barada pikir alyşdylar. Duşuşygyň ahyrynda bilim, ylym we innowasiýalar ulgamyndaky hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge, özara tejribe alyşmagy giňeltmäge we bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmäge taýýarlyk beýan edildi.
Türkmenistan – Koreýa: bilim we ylmy-maglumat hyzmatdaşlygynyň täze ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy
Türkmenistanyň hormatly Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Koreýa Respublikasyna amala aşyran resmi saparynyň çäklerinde Türkmenistanyň Bilim ministri J.Gurbangeldiýew bilen Koreýa Respublikasynyň Milli Parlament kitaphanasynyň ýolbaşçysy Hwan Jon Gynyň arasynda duşuşyk geçirildi. Duşuşygyň dowamynda Türkmenistan bilen Koreýa Respublikasynyň arasynda bilim, ylmy-maglumat we medeni mirasy aýawly saklamak ugurlaryndaky hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýy we ony mundan beýläk ösdürmegiň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Bellenilişi ýaly, iki ýurduň arasyndaky däp bolan dostlukly we özara bähbitli gatnaşyklar soňky ýyllarda has-da ösdürilýär. Şunda bilim ulgamy aýratyn orun eýeleýär. Duşuşykda türkmen ýaşlarynyň koreý dilini we medeniýetini öwrenmäge bolan gyzyklanmasynyň ýokarydygy bellenildi. Gepleşikleriň dowamynda hyzmatdaşlygyň täze ugurlaryny ösdürmek boýunça birnäçe teklipler öňe sürüldi. Şolaryň hatarynda Koreýa Respublikasynyň Milli Parlament kitaphanasy bilen akademik hyzmatdaşlygy ýola goýmak, Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleriniň mugallymlarynyň we talyplarynyň kitaphananyň elektron we bibliografik maglumat gorlaryndan peýdalanmak mümkinçiliklerini öwrenmek baradaky başlangyçlar bar. Şeýle-de özara kitap alyş-çalyş maksatnamalaryny durmuşa geçirmek teklip edildi. Bu ugurda akademik neşirleriň, elektron maglumat çeşmeleriniň, bibliografik maglumatlaryň we audiowizual materiallaryň özara alyş-çalşygyny ýola goýmak göz öňünde tutulýar. Şeýle hyzmatdaşlygyň türkmen bilim merkezleriniň koreý dili, hukuk we döwlet dolandyryşynyň innowasion tejribesi boýunça maglumat çeşmelerine elýeterliligini giňeltmäge, şeýle hem koreý ylmy-gözlegçileriniň Türkmenistanyň baý taryhy, medeni we ylmy mirasy bilen tanyşmagyna ýardam berjekdigi bellenildi. Duşuşygyň ahyrynda Türkmenistan bilen Koreýa Respublikasynyň arasynda bilim, ylmy-maglumat we medeni hyzmatdaşlygyň täze ugurlaryny açmak, özara tejribe alyşmagy giňeltmek hem-de öňe sürlen başlangyçlary iş ýüzünde durmuşa geçirmek boýunça ikitaraplaýyn gyzyklanmanyň bardygy nygtaldy.
Türkmenistan bilen Koreýa Respublikasynyň baýry ýokary okuw mekdebiniň arasynda bilim hyzmatdaşlygyny ösdürmegiň täze mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy
Türkmenistanyň hormatly Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Koreýa Respublikasyna amala aşyran resmi saparynyň çäklerinde Türkmenistanyň Bilim ministri J.Gurbangeldiýew bilen Koreýa Respublikasynyň Sungkýunkwan uniwersitetiniň ýolbaşçysy Ýu Ji Bomyň arasynda duşuşyk geçirildi. Duşuşygyň başynda ministr Türkmenistanyň hormatly Prezidenti Serdar Berdimuhamedowa Sungkýunkwan uniwersitetiniň syýasy ylymlaryň hormatly doktory derejesiniň berlendigi üçin minnetdarlygyny bildirdi. Duşuşygyň dowamynda Türkmenistan bilen Koreýa Respublikasynyň arasynda bilim ulgamyndaky däp bolan dostlukly we özara bähbitli hyzmatdaşlygy has-da ösdürmegiň, täze ugurlar boýunça bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmegiň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Bellenilişi ýaly, häzirki wagta çenli iki ýurduň arasynda bilim ulgamyna degişli dürli görnüşli ylalaşyklar we ähtnamalar baglaşylyp, hyzmatdaşlygyň berk hukuk binýady döredildi. Şunuň bilen birlikde, Türkmenistanyň Prezidentiniň Koreýa Respublikasyna şu gezekki resmi saparynyň çäklerinde Sungkýunkwan uniwersiteti bilen ýene bir Ähtnama gol çekilmegi iki ýurduň bilim edaralarynyň arasyndaky gatnaşyklary täze mazmun bilen baýlaşdyrýan möhüm ädim boldy. Türkmenistan bilen Koreýa Respublikasynyň bilim ulgamyndaky hyzmatdaşlygynyň netijeli häsiýete eýedigi aýratyn nygtaldy. Duşuşykda sanly tehnologiýalar we maglumat elýeterliligi boýunça hyzmatdaşlygyň hem möhüm ugurlaryň biridigi bellenildi. Şeýle-de, iki ýurduň zehinli mekdep okuwçylarynyň we ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň Türkmenistanda we Koreýa Respublikasynda geçirilýän halkara maslahatlara, sergilere hem-de dürli dersler boýunça halkara bäsleşiklere gatnaşyp, üstünlikli çykyş edýändikleri nygtaldy. Duşuşykda 1398-nji ýylda esaslandyrylan, 600 ýyldan gowrak baý akademiki däbi häzirki zaman emeli aň, täze energetika, inženerçilik we beýleki öňdebaryjy ylmy ugurlar bilen utgaşdyrýan Sungkýunkwan uniwersiteti bilen hyzmatdaşlygy täze derejä çykarmak boýunça anyk teklipler öňe sürüldi. Duşuşygyň dowamynda öňe sürlen teklipleriň Türkmenistan bilen Koreýa Respublikasynyň arasyndaky bilim hyzmatdaşlygyny has amaly derejä çykarmaga, ýokary okuw mekdepleriniň arasynda gatnaşyklary giňeltmäge, ýaşlaryň we alymlaryň akademiki mümkinçiliklerini artdyrmaga hem-de häzirki zaman ylmy-tehnologik ugurlarda bilelikdäki işleri ösdürmäge ýardam etjekdigi bellenildi. Duşuşygyň ahyrynda Türkmenistan bilen Koreýa Respublikasynyň arasynda bilim, ylmy-maglumat we medeni hyzmatdaşlygyň täze ugurlaryny açmak, özara tejribe alyşmagy giňeltmek hem-de öňe sürlen başlangyçlary iş ýüzünde durmuşa geçirmek boýunça ikitaraplaýyn gyzyklanmanyň bardygy nygtaldy.
Türkmenistanyň Bilim ministrligi tarapyndan ýokary okuw mekdepleriň we mugallymlaryň reýting bahalandyrmasy düzüldi
Türkmenistanyň Bilim ministrligi tarapyndan ýokary okuw mekdepleriniň reýting bahalandyrmasy her ýyl düzülýär. Bu reýting bahalandyrmasy bilim edaralaryny ylmyň dürli ugurlaryndaky kesgitli ölçegler boýunça tertipleşdirmäge mümkinçilik berýär. Reýtingler talyplaryň akademiki üstünlikleriniň derejesi, okatmagyň hili ýa-da milli synaglarda ýokary netijeleri görkezen uçurymlaryň sany ýaly dürli görkezijiler esasynda kesgitlenip bilner. Şu ýyl Türkmenistanyň Bilim ministrligi tarapyndan ýokary okuw mekdepleriniň halkara ylmy neşirlerde, şol sanda «Web of Science» we «Scopus» maglumatlar binýatlarynda çap edilen ylmy işleriniň hili we sany boýunça reýting bahalandyrmasy düzüldi. Bu abraýly halkara çeşmelerde çap edilen ylmy işler ýokary derejeli işler hökmünde kabul edilýär. Olarda ýerleşdirilýän ylmy makalalar diňe bir gymmatly ylmy barlaglaryň netijelerini giňden ýaýratmaga däl, eýsem, dünýäniň alymlaryna geljegi uly ylmy işläp taýýarlamalarynda ýardam bermäge hem mümkinçilik berýär. Ýurdumyzda alymlaryň bu ugurdaky gazanýan üstünlikleriniň barha artýandygy, halkara ylmy neşirlerde türkmen alymlarynyň ylmy gözlegleriniň netijeleriniň yzygiderli çap edilýändigi hem bu ugurdaky ösüşiň aýdyň subutnamasydyr. Eger-de 2020-nji ýylda türkmen alymlarynyň halkara ylmy neşirlerde çap edilen ylmy işleriniň sany 160 bolan bolsa, bäş ýyl soň bu görkeziji eýýäm birnäçe müňe ýetdi. Bellenilişi ýaly, çap edilen ylmy makalalaryň sany we olaryň ylmy ähmiýeti boýunça öňdebaryjy orny Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersiteti eýeleýär. Ikinji oruny bolsa Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk instituty eýeleýär. Ýakynda ýokarda bellenilenleri, şeýle hem toplanan reýting ballaryny nazara almak bilen, Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň hünärmenleri geçen okuw ýylynyň ýeňijilerini kesgitlediler. Olar dabaraly ýagdaýda gymmat bahaly sowgatlar we «Ýylyň mugallymy – 2025–2026» diplomlary bilen sylaglandylar. Ahmet Penjiýew, Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň kafedrasynyň dosenti, tehniki ylymlaryň doktory.
Türkmenistan – Koreýa: bilim hyzmatdaşlygynyň hukuk binýady berkidilýär
2026-njy ýylyň 14–16-njy sentýabry aralygynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Koreýa Respublikasyna amala aşyrýan döwlet saparynyň çäklerinde, 15-nji sentýabrda iki ýurduň arasynda bilim, ylym we ýaşlar syýasaty ulgamlarynda hyzmatdaşlygy ösdürmäge gönükdirilen möhüm resminamalara gol çekildi. Bu resminamalar türkmen-koreý gatnaşyklarynyň hukuk binýadyny has-da berkitmäge, ýokary okuw mekdepleriniň arasynda özara hyzmatdaşlygy giňeltmäge hem-de bilim ulgamynda halkara gatnaşyklary täze derejä çykarmaga hyzmat eder. Gol çekilen resminamalaryň hatarynda: «Türkmenistanyň Bilim ministrligi bilen Koreýa Respublikasynyň Gender deňligi we maşgala ministrliginiň arasynda ýaşlar babatda hyzmatdaşlyk etmek barada özara düşünişmek hakynda Ähtnama»; «Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş instituty (Türkmenistan) bilen Sungkýunkwan uniwersitetiniň (Koreýa Respublikasy) arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama»; «Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary instituty bilen Ählumumy innowasiýa okuwlary guramasynyň (Koreýa Respublikasy) arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama»; «Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersiteti bilen Koreýa tehnologiýa we bilim uniwersitetiniň (KOREATECH) arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama»; «Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersiteti (Türkmenistan) bilen Inçhon milli uniwersitetiniň (Koreýa Respublikasy) arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama»; «Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersiteti bilen Kýung Hi uniwersitetiniň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama»; «Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň Strategik barlaglar boýunça ylmy merkezi bilen Seul milli uniwersitetiniň Aziýa merkeziniň arasynda hyzmatdaşlyk etmek hakynda Ylalaşyk»; «Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri instituty bilen Kangwon milli uniwersitetiniň arasynda hyzmatdaşlyk etmek hakynda Ylalaşyk». Bu gol çekilen resminamalar Türkmenistanyň halkara bilim giňişligindäki ornuny pugtalandyrmaga, ýokary hünärli işgärleri taýýarlamak işini kämilleşdirmäge, talyplaryň, mugallymlaryň we alymlaryň arasynda akademiki alyş-çalyşlary ösdürmäge, şeýle hem innowasion tehnologiýalary bilim ulgamyna giňden ornaşdyrmaga täze mümkinçilikleri açýar. Türkmenistanyň Koreýa Respublikasy bilen bilim ulgamyndaky hyzmatdaşlygynyň yzygiderli ösdürilmegi iki dostlukly ýurduň arasyndaky strategik gatnaşyklaryň täze mazmun bilen baýlaşmagyna ýardam berýär.
NETIJELI BILIM HYZMATDAŞLYGYNYŇ DILLER DÜNÝÄSINDÄKI MIWESI
Bedew batly döwrümizde Türkmenistanyň bilim ulgamynda halkara hyzmatdaşlygyň işjeň ösdürilmegi, ýaşlaryň dünýä derejesindäki öňdebaryjy bilim ojaklarynda tejribe geçmeginiň üpjün edilmegi hem-de daşary ýurt dillerini kämil derejede öwrenmekleri üçin giň mümkinçilikler döredilýär. Bu ugurda alnyp barylýan köpýyllyk netijeli işleriň aýdyň subutnamasy hökmünde Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri instituty bilen Koreýa Respublikasynyň abraýly Kangwon milli uniwersitetiniň arasyndaky bilim-ylym hyzmatdaşlygyny görkezmek bolar. Iki ýokary okuw mekdebiniň arasynda baglaşylan ylym we bilim babatda hyzmatdaşlyk etmek barada özara düşünişmek hakynda Ähtnamanyň çäginde taraplar köp ugurly hyzmatdaşlygy üstünlikli amala aşyrýarlar. Şu amala aşyrylýan hyzmatdaşlygyň amaly netijesi hökmünde 2026-2027-nji okuw ýylynda Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň talyplary Koreýa Respublikasynyň Çhunçhon şäherinde ýerleşýän Kangwon milli uniwersitetinde koreý dili ugry boýunça bir ýyllyk okuw maksatnamasyna gatnaşmaga mümkinçilik aldylar. Bu halkara okuw maksatnamasy talyplar üçin diňe bir dil öwreniş tapgyry bolman, eýsem olaryň hünär we şahsy taýdan kämilleşmeginde täze gözýetimleri açýan ajaýyp mümkinçilikdir. Sapaklaryň gönüden-göni tebigy dil gurşawynda, ýokary tejribeli koreý professor-mugallymlarynyň ýolbaşçylygynda geçirilmegi talyplaryň akademiýa we amaly sözleýiş endiklerini ýokary derejä ýetirmäge şert döredýär. Maksatnama talyplara Kangwon milli uniwersitetiniň baý kitaphanalaryndan, sanly bilim çeşmelerinden giňden peýdalanmaga, daşary ýurtly deň-duşlary bilen özara tejribe alyşmaga hem-de Koreýa Respublikasynyň taryhy-medeni mirasyny çuňňur özleşdirmäge giň mümkinçilik berýär. Şeýle hem, amaly sapaklar we medeni-köpçülikleýin çäreler geljekki hünärmenleriň medeniýetara gatnaşyklaryny kämilleşdirmäge, ylmy-barlag ugurlaryny giňeltmäge we olaryň geljekde kämil dilçi-mugallymlar bolup ýetişmeklerine berk binýat bolup hyzmat eder. Şeýle halkara derejesindäki maksatnamalar döwletimiziň ýaşlaryna dünýä derejesinde bilim almaga, dil endiklerini ösdürmäge we Türkmenistan bilen Koreýa Respublikasynyň arasyndaky ylym-bilim alyş-çalşygyny durnukly ösdürmäge uly goşant goşýar. Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri instituty
Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleriniň «Ýylyň mugallymy» döwlet bäsleşiginiň ýeňijileri kesgitlenildi
Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleriniň professor-mugallymlarynyň arasynda geçirilen «Ýylyň mugallymy» döwlet bäsleşiginiň netijeleri jemlendi. Bäsleşik ýokary bilim ulgamynda öňdebaryjy iş tejribesine eýe bolan, hünär ussatlygyny, ylmy-pedagogik işjeňligini we bilim ulgamynyň ösüşine goşýan goşandyny görkezen mugallymlary ýüze çykarmak maksady bilen geçirildi. Bäsleşik Türkmenistanyň Prezidentiniň bilim ulgamynda amala aşyrýan özgertmelerini durmuşa geçirmek, ýokary hünär bilimini ösdürmek boýunça öňde goýlan wezipeleri ýerine ýetirmek, şeýle hem professor-mugallymlaryň halkara bilim giňişligindäki ornuny ýokarlandyrmak maksadyna gönükdirildi. Ýeňijileri kesgitlemekde Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleriniň reýting bahalandyrma ulgamynda toplanan görkezijiler we sanly platformada awtomatiki hasaplanan netijeler esasy ölçeg hökmünde kabul edildi. Bäsleşigiň baş baýragyna 505,52 bal bilen Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň Matematiki analiz kafedrasynyň müdiri, fizika-matematika ylymlarynyň kandidaty, uly mugallym Nurmuhammet Gurbanmämmedow mynasyp boldy. Ol «Ýylyň mugallymy» diýen ada eýe boldy. Birinji orunlara Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň Okuw bölüminiň önümçilik tejribe okuwynyň ýolbaşçysy, uly mugallym Pirmyrat Geldimyradowiç Gurbanow (226,75 bal), Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň Rus diliniň nazaryýeti we amalyýeti kafedrasynyň mugallymy Maksat Kurbandurdyýewiç Bugraýew (160,82 bal) hem-de Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň Häzirki zaman kompýuter tehnologiýasy kafedrasynyň mugallymy Musa Serdarowiç Ýazymow (155,28 bal) mynasyp boldular. Ikinji orunlary eýelän mugallymlaryň hatarynda: Şiraly Gurbangeldiýewiç Baýekow — Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň Matematika we ony okatmagyň usulyýeti kafedrasynyň müdiriniň wezipesini ýerine ýetiriji, uly mugallym (149,05 bal); Allamyrat Geldimyradowiç Amanmämmedow — Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň Nazary we eksperimental fizika kafedrasynyň mugallymy (143,72 bal); Wepa Dädebaýewiç Sabyrow — Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň Fizika we elektrotehnika kafedrasynyň mugallymy (141,38 bal); Maksat Meretmuhammedowiç Çüriýew — Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň Kiberhowpsuzlyk kafedrasynyň müdiriniň wezipesini ýerine ýetiriji, tehniki ylymlaryň kandidaty, uly mugallym (139,92 bal); Ýolly Dowlyýewiç Myradow — Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň Awtomobil ýollarynyň gurluşygy kafedrasynyň müdiriniň wezipesini ýerine ýetiriji, tehniki ylymlaryň kandidaty, uly mugallym (128,98 bal) dagy bar. Üçünji orunlara mynasyp bolan mugallymlar: Ýagmyr Ahmedowiç Tulekow — Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň Organiki däl we analitiki himiýa kafedrasynyň mugallymy (123,77 bal); Murat Berdiýewiç Çaşemow — Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň Kompýuter tehnologiýasy we ulgamlary kafedrasynyň mugallymy (119,50 bal); Bibihajar Amanmämmedowna Kerimowa — Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň Energetika pudagynyň ykdysadyýeti kafedrasynyň mugallymy (108,33 bal); Ahmet Myradowiç Penjiýew — Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň Önümçiligi awtomatlaşdyrmak kafedrasynyň dosenti, tehniki ylymlaryň doktory (99,65 bal); Muhammetnur Abdylgapurowiç Ataýew — Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň Maglumat tehnologiýalary kafedrasynyň mugallymy (96,18 bal); Ogulnabat Halykowna Saryýewa — Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň Umumy himiýa kafedrasynyň müdiriniň wezipesini ýerine ýetiriji, uly mugallym (90,26 bal); Akmyrat Jumasähedowiç Ýagmyrow — Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň Ýokary matematika kafedrasynyň mugallymy (87,93 bal); Aýbölek Merdanowna Perdäýewa — Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň Medisina ekologiýasy we gigiýena kafedrasynyň mugallymy (87,36 bal); Yslam Arslanselimowiç Begençew — Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň Jemgyýeti öwreniş ylymlary kafedrasynyň mugallymy (84,40 bal); Şaberdi Gylyçtaganow — Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika institutynyň Maglumat tehnologiýalarynyň programma üpjünçiligi kafedrasynyň müdiriniň wezipesini ýerine ýetiriji, mugallym (83,22 bal); Han Döwranowiç Muhammetkuliýew — Türkmenistanyň Milli howpsuzlyk institutynyň uly mugallymy (81,35 bal). Bäsleşigiň ýeňijileri we baýrakly orunlara mynasyp bolan professor-mugallymlar Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň degişli derejeli diplomlary bilen sylaglanar. «Ýylyň mugallymy» döwlet bäsleşigi ýokary bilim ulgamynda mugallymlaryň hünär ussatlygyny, ylmy gözleglerini we döwrebap okatmak usullaryny ösdürmäge gönükdirilen möhüm çäreleriň biri bolup durýar.
Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Bilimler we talyp ýaşlar güni hem-de 2026-2027-nji okuw ýylynyň başlanmagy mynasybetli Arkadag şäheriniň Ruhyýet köşgünde geçiren okuw sapagy barada söhbetdeşlik duşuşygy geçirildi
2026-njy ýylyň 4-nji sentýabrynda Mary welaýat maliýe-ykdysady orta hünär okuw mekdebiniň mugallymlarynyň we talyplarynyň gatnaşmagynda Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Bilimler we talyp ýaşlar güni hem-de 2026-2027-nji okuw ýylynyň başlanmagy mynasybetli Arkadag şäheriniň Ruhyýet köşgünde geçiren okuw sapagy barada söhbetdeşlik duşuşygy geçirildi. Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk şanly toýunyň bellenilýän ýylynda has takygy, 2026-njy “Garaşsyz baky Bitarap Türkmenisan – bedew batly at-myradyň mekany” ýylynyň ikinji sentýabrynda Gahryman Arkadagymyz Arkadag şäheriniň Ruhyýet köşgünde umumy sapak geçdi. Alym Arkadagymyzyň bu umumy okuwyna müňlerçe ýaşlar gatnaşdy. Umumy okuw sapagynyň başynda Alym Arkadagymyz watançylyk temasyna ýüzlenip, watan mukaddesligini anyk deliller bilen düşündirdi. Bu umumy okuw sapagy mugallymlara görelde mekdebi boldy. Türkmen halkynyň Milli Lideriniň oýlanmalary ýaş nesillere atalyk, howandarlyk pendi juda täsirli boldy we ol nesilleriň hakydasynda baky galjak ýakymly ýatlamadyr. Söhbetdeşligiň ahyrynda oňa gatnaşyjylar Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyşlaryny beýan etdiler. Mary welaýat maliýe-ykdysady orta hünär okuw mekdebi
Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleriniň dürli ugurlar boýunça reýting netijeleri yglan edildi
Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleriniň 2025–2026-njy okuw ýylynyň jemleri boýunça geçirilen reýting bahalandyrmasynyň netijeleri belli edildi. Reýting ýokary bilim ulgamynda amala aşyrylýan özgertmeleriň netijeliligine baha bermek, ýokary okuw mekdepleriniň, fakultetleriniň, kafedralarynyň we professor-mugallymlarynyň iş tejribesini höweslendirmek hem-de ýurdumyzyň halkara bilim we ylym giňişligindäki ornuny pugtalandyrmak maksady bilen geçirildi. Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň ýokary okuw mekdepleriniň reýting bahalandyrmasy baradaky düzgünnamasynda kesgitlenen görkezijiler esasynda rating.bilim.tm sanly portalynda awtomatiki usulda hasaplanan netijeler boýunça öňdebaryjy ýokary okuw mekdepleri, fakultetler, kafedralar hem-de aýratyn tapawutlanan professor-mugallymlar kesgitlenildi. Pedagogik işgärleriň sanyna baglylykda, her bir professor-mugallyma düşýän ortaça bal görkezijisi boýunça ýokary netije görkezen ýokary okuw mekdepleriniň arasynda birinji derejeli diploma Türkmen döwlet maliýe instituty (18,95 bal) mynasyp boldy. Ikinji derejeli diplom Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasyna (17,40 bal), üçünji derejeli diplom bolsa Türkmenistanyň Döwlet energetika institutyna (17,18 bal) berildi. Şeýle hem fakultetleriň arasynda ýokary netijeleri görkezenleriň hatarynda Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň Maglumat tehnologiýasy fakulteti birinji orny eýeledi (37,39 bal). Ikinji orna Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň Sanly tehnologiýalar we kiberhowpsuzlyk fakulteti (25,80 bal), üçünji orna Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika institutynyň Aragatnaşygyň radiotehnologiýalary fakulteti (24,30 bal) mynasyp boldy. Kafedralaryň arasynda iň ýokary görkezijiler Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň Takyk we tebigy ylymlar kafedrasynda (60,66 bal) hasaba alyndy. Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň Kiberhowpsuzlyk kafedrasy (51,36 bal) ikinji, Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň Diller kafedrasy (48,73 bal) üçünji orny eýeledi. Reýting netijeleri boýunça halkara bilim we ylym giňişligindäki işjeňligi bilen tapawutlanan professor-mugallymlar hem sylaglanmaga hödürlendi. Hirşiň indeksi boýunça ýokary görkeziji görkezen (h-index=7) Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynyň Tebigy bilimler we kompýuter tehnologiýasy kafedrasynyň müdiri wezipesini ýerine ýetiriji, mugallym Bekgylyç Hakberdiýewiç Agaýew aýratyn bellenildi. Ylmy žurnallaryň CiteScore Q2 kwartil reýtingine girýän neşirlerde çap edilen makalalary üçin Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň Rus diliniň nazaryýeti we amalyýeti kafedrasynyň mugallymy Maksat Kurbandurdyýewiç Bugraýew, Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň Türkmenistanyň taryhy we ony okatmagyň usulyýeti kafedrasynyň mugallymy Dinmuhammet Tekäýew hem-de Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň professor-mugallymlar topary tapawutlandyryldy. Maksat Kurbandurdyýewiç Bugraýew «Перспективы науки и образования» ylmy žurnalynda çap edilen «Tutoring as a form of support for the adaptation of foreign students at the university» atly makalasy, Dinmuhammet Tekäýew «Журнал БГУ. История» neşirinde çap edilen «Дискуссия вокруг адресата ахд-наме эпохи Ануштегинидов» atly makalasy bilen, Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň professor-mugallymlar topary bolsa «The European Physical Journal (EPJ)» žurnalynda çap edilen «Superstatistics properties of the Kane oscillator» atly ylmy işi bilen ýokary baha mynasyp boldular. Reýtingiň netijeleri ýokary okuw mekdepleriniň bilim, ylym we innowasiýa ugurlaryndaky işleriniň netijeliligini görkezýän möhüm görkezijileriň biri bolup, öňdebaryjy tejribä eýe bolan bilim işgärlerini höweslendirmäge we halkara derejedäki ylmy işjeňligi ösdürmäge hyzmat edýär. 12-nji sentýabrda Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň mejlisler zalynda ýokary okuw mekdepleriniň reýting bahalandyrmasynyň hem-de «Ýylyň mugallymy — 2026» döwlet bäsleşiginiň jemlerine bagyşlanan sylaglaýyş dabarasy geçirildi. Dabarada reýting bahalandyrmasynyň netijeleri boýunça öňdebaryjy ýokary okuw mekdepleri, fakultetler we kafedralar, şeýle hem ýokary netijeleri görkezen professor-mugallymlar sylaglandy.
Dabaraly maslahat geçirildi
2026-njy ýylyň sentýabr aýynyň 14-ne Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynda “Beýik taryh – beýik geljege binýat” atly dabaraly maslahat geçirildi. Dabaraly maslahatyň dowamynda Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň “Türkmeniň buýsanjy” atly goşgusynyň many-mazmuny, milli buýsanç terbiýesindäki ornuny we çeperçilik aýratynlyklary birnäçe çykyşlar diňlenildi. Dabaranyň dowamynda institutyň «Kuwwat» aýdym-saz toparynyň çeper höwesjeň talyp ýaşlarynyň ýerine ýetirmeklerinde Watanymyzy, Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzy, türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzy wasp edýän birnäçe aýdymlara tomaşa edildi. Dabaranyň ahyrynda oňa gatnaşyjylar Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzy ösüşiň täze belentliklerine sary alyp barmak, ylymly-bilimli, sagdyn ýaşlary kemala getirmek ugrunda tutumly işleri durmuşa geçirýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş hem-de hoşallyk sözlerini beýan etdiler. Türkmenistanyň Döwlet energetika instituty
Dabaraly maslahat geçirildi
2026-njy ýylyň sentýabr aýynyň 14-ne Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynda Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Mary welaýat komiteti, Türkmenistanyň Kärdeşler Arkalaşygynyň Mary welaýat birleşmesi bilen bilelikde gurnamaklarynda “Garaşsyzlyk – ähli üstünliklerimiziň özeni” atly dabaraly maslahat geçirildi. Maslahata Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Mary welaýat komitetiniň, Türkmenistanyň Kärdeşler Arkalaşygynyň Mary welaýat birleşmesiniň wekilleri, institutyň mugallymlary we talyp ýaşlary gatnaşdylar. Dabaraly maslahatyň dowamynda 2026-njy ýylyň «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda bellenilip geçiljek Türkmenistanyň şanly Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygy bilen bagly, Garaşsyzlyk ýyllarynda ýetilen sepgitler, ösüşler, üstünlikler barada birnäçe çykyşlar diňlenildi. Dabaranyň dowamynda institutyň «Kuwwat» aýdym-saz toparynyň çeper höwesjeň talyp ýaşlarynyň ýerine ýetirmeklerinde Watanymyzy, Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzy, türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzy wasp edýän birnäçe aýdymlara tomaşa edildi. Dabaranyň ahyrynda oňa gatnaşyjylar döredilýän ähli mümkinçilikler üçin türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş hem-de hoşallyk sözlerini aýtdylar. Türkmenistanyň Döwlet energetika instituty
ÝOKARY OKUW MEKDEPLERI ÜÇIN IŇLIS DIL BILIMI BOÝUNÇA TÄZE OKUW KITABY ÇAP EDILDI
Ýaňy-ýakynda Türkmen döwlet neşirýat gullugy tarapyndan ýokary okuw mekdepleriniň talyplary üçin täze «English Linguistics» okuw kitaby çap edildi. Kitabyň awtorlary L.Geldiýewa, M.Abdyýewa, Ş.Kadyrowa. Okuw kitaby talyplarda dil ulgamy, dil bilimi barada düşünjäni kemala getirmäge, şeýle hem iňlis dili boýunça geljekki hünärmenleriň ylmy, seljerme we hünär başarnyklaryny ösdürmäge gönükdirilendir. Okuw kitabynda dil bilimi ylmynyň esasy bölümleri yzygiderli beýan edilýär. Onda dil, gepleýiş we ýazuw aragatnaşygy, dil maşgalalary, dil bilimi ylmy we onuň esasy bölümleri barada maglumat berilýär. Iňlis diliniň fonetikasy we fonologiýasy, şol sanda artikulýasiýa ulgamy, sesleriň toparlara bölünişi, fonetik transkripsiýa, fonologik üýtgeşmeler we prosodik aýratynlyklar giňişleýin öwredilýär. Mundan başga-da, okuw kitabynda morfologiýa, sintaksis we semantika boýunça esasy düşünjeler we okuw maglumatlary beýan edilýär. Nazary maglumatlar dürli görnüşli amaly ýumuşlar bilen berkidilip, talyplaryň dil bilimini çuňlaşdyrmaga, dil hadysalaryny seljermek endiklerini ösdürmäge we nazary bilimleri amaly taýdan ulanmaga ýardam berýär. Bu okuw kitaby iňlis dilini we dil bilimini çuňlaşdyryp öwrenmäge, talyplaryň seljerme ukyplaryny ösdürmäge hem-de daşary ýurt dillerini okatmak, dil bilimi we terjimeçilik ugurlarynda geljekki hünärmenler üçin zerur bolan hünär başarnyklaryny kemala getirmäge ýardam bermäge niýetlenendir. Türkmenistanyň Bilim ministrligi
«TÜRKMEN WE RUS DILLERINIŇ DEGŞIRME GRAMMATIKASY» OKUW KITABY ÇAP EDILDI
“Ylym” neşirýaty S.Hydyrow we G.Ylýasowa tarapyndan taýýarlanan “Türkmen we rus dilleriniň degşirme grammatikasy” atly täze okuw kitabyny çap etdi. Bu neşir Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleri üçin ders boýunça tassyklanan okuw maksatnamasyna laýyklykda taýýarlandy. Kitap fonetika, leksikologiýa, frazeologiýa boýunça dürli aýratynlyklara eýe bolan iki diliň umumy we tapawutly hadysalaryny jikme-jik görkezýär hem-de degşirilýän dilleriň tipologiýasynyň, morfologiýasynyň esasy meselelerini öz içine alýar. Onda geneologik klassifikasiýanyň, şeýle-de çekimli we çekimsiz fonemalaryň düzüminiň hem-de ulgamlarynyň aýratynlyklary beýan edilýär. Täze okuw kitabynyň esasy aýratynlygy onuň ýokary derejede amaly ugurlylygydyr. Giňişleýin degşirme seljermesi geljekki mugallymlara rus dilini öwrenýän okuwçylarda duş gelýän ýalňyşlyklaryň öňüni almaga mümkinçilik berýär. Kitabyň mazmuny girişden, tematik bölümlerden, netijeden we ulanylan edebiýatlaryň sanawyndan ybarat. Okuw kitaby amaly sapaklar geçilende, şeýle hem özbaşdak işler ýerine ýetirilende peýdalanylyp bilner. Bu neşir mugallymlar, filologlar we ylmy işgärler üçin hem uly gyzyklanma döreder. Türkmenistanyň Bilim ministrligi
Gurluşyk we emeli aň tehnologiýalary boýunça halkara ylmy-amaly maslahatlar geçiriler
2026-nji ýylyň oktýabr aýynda Türkmenistanyň iki sany ýokary okuw mekdebinde urluşyk we emeli aň tehnologiýalary boýunça halkara ylmy-amaly maslahatlar geçiriler. Bu barada 11-nji sentýabrda geçirilen hökümet mejlisinde Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Mämmedow habar berdi. "Türkmenistan" gazetiniň habar bermegine görä, milli bilim ulgamyny döwrebaplaşdyrmak, ýaşlaryň intellektual ukyplaryny ösdürmek, kämil hünärmenleri ýetişdirmek ugrunda ulgamlaýyn işler amala aşyrylýar. Ýurdumyzda Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiziň berýän hemaýat-goldawlary esasynda halkara olimpiadalar, forumlar, sergiler, ylmy-amaly maslahatlar ýokary derejede geçirilip, bu babatda baý tejribe toplanýar. Milli strategiýalarda, maksatnamalarda kesgitlenen wezipelerden ugur alyp, 2026-njy ýylyň oktýabrynda Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynda “Gurluşyk we senagat toplumynda innowasion tehnologiýalaryň orny”, Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetinde “Milli emeli aň tehnologiýalary: sanly ykdysadyýet, «akylly» diwersifikasiýa, durnukly ösüş” atly sanly ulgam arkaly halkara ylmy-amaly maslahatlary geçirmek göz öňünde tutulýar. Bu maslahatlara ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň talyplary, professor-mugallymlary, alymlary bilen birlikde, dünýäniň abraýly ýokary okuw mekdepleriniň, iri halkara guramalaryň wekilleriniň gatnaşmagyna garaşylýar. Olarda “ýaşyl”, howpsuz, “akylly” şäher konsepsiýasy, innowasion gurluşyk serişdeleriniň önümçiligi, önümçilik amallaryny awtomatlaşdyrmak we robot tehnologiýalaryny ornaşdyrmak, ykdysadyýeti “akylly” diwersifikasiýalaşdyrmakda we sanlylaşdyrmakda, durnukly ösüşi üpjün etmekde emeli aň tehnologiýalarynyň innowasion mümkinçilikleri boýunça dünýä tejribelerini öwrenmek meýilleşdirilýär. Şunuň bilen baglylykda, wise-premýer döwlet Baştutanymyzyň garamagyna degişli teklibi hödürledi. Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzda ýokary bilimli hünärmenleri taýýarlamak, ylym-bilim ulgamynda halkara hyzmatdaşlygy berkitmek boýunça zerur işleriň durmuşa geçirilýändigini belledi. Döwlet Baştutanymyz Diýarymyzyň agzalan ýokary okuw mekdeplerinde sanly ulgam arkaly halkara ylmy-amaly maslahatlary geçirmek bilen bagly taýýarlanan teklibi goldap, wise-premýere degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.
Milli buýsanjymyz – behişdi bedewlerimize bagyşlanan söhbetdeşlik
Ýurdumyzyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň halkymyzyň milli gymmatlygy bolan ahalteke bedewleriniň şan-şöhratyny we atşynaslyk sungatyny dünýä giňişliginde dabaralandyrýan halkara başlangyçlarynyň hem-de nusgalyk işleriniň taryhy ähmiýetine bagyşlanan giňişleýin söhbetdeşlik geçirildi. Onda behişdi bedewlerimiziň şan-şöhratyny has-da belende galdyrmak ugrunda döwlet derejesinde amala aşyrylýan işlere bagyşlanan pikir alyşmalar boldy. Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň, Türkmenistanyň Ylymlar Akademiýasynyň we “Türkmen atlary” döwlet birleşiginiň bilelikde guramagynda geçirilen maslahata ýurdumyzyň Bilim ministrligine degişli bilim ojaklarynyň, Türkmenistanyň Ylymlar Akademiýasynyň we “Türkmen atlary” döwlet birleşiginiň wekilleriniň gatnaşmagynda geçirilen maslahatda türkmen halkynyň dünýä beren milli gymmatlygy bolan ahalteke bedewleriniň şan-şöhratyny belende galdyrmak bilen baglanyşykly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. Bellenilişi ýaly, Niderlandlar Patyşalygynda ahalteke atlarynyň arasynda atly sport we gözellik bäsleşiginiň dünýä çempionatynyň geçirilmegi, onuň çäklerinde ýurdumyzyň sergileriň guralmagy ýurdumyzda bu ugurda alnyp barylýan işleriň dünýä nusgalykdygyny äşgär etdi. Munuň özi Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň asylly başlangyçlary, hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary bilen milli buýsanjymyz bolan behişdi bedewlerimize uly üns berilýändigine şaýatlyk edýär. Türkmen topragynda kemala getirilip, umumadamzat gymmatlygyna öwrülen behişdi bedewlerimiz Ýer ýüzünde bar bolan tohum atlaryň arasynda iň naýbaşylarynyň biri hasaplanýar. Maslahatda çykyş edenler ýurdumyzda atçylyk pudagynyň ýokary derejeli hünärmenler bilen üpjünçiligine aýratyn üns berdiler we şunda Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynyň alyp barýan işine möhüm ornuň degişlidigini nygtadylar. Bu ýokary okuw mekdebinde tejribeli atşynaslary, seýisleri, çapyksuwarlary we bu ugra degişli beýleki hünärmenleri taýýarlamak, olaryň hünär derejelerini ýokarlandyrmak boýunça zerur işler amala aşyrylýar. Şeýle hem Arkadag şäherinde Atçylyk ylmy-önümçilik merkeziniň döredilmegi pudagyň ösmegine goşant goşmak bilen, ahalteke bedewlerimiziň şan-şöhratyny has-da dabaralandyrýar. Munuň özi taryhyň dowamynda türkmen seýisleriniň we atşynaslarynyň yhlasyndan dörän ganatly bedewleriň giňden wagyz edilmeginde ähmiýetlidir. Bu bolsa atçylyk pudagynda alnyp barylýan işleriň ösüşiň täze derejesine çykýandygyny görkezýär. Şol bir wagtyň özünde ýurdumyza ahalteke bedewleriniň çeper döredijilikde dabaralandyrylmagyna zerur üns berilýär. Ýurdumyzyň döredijilik işgärleri, heýkeltaraşlar we zergärler ahalteke bedewleriniň çeper keşbini döretmäge, at esbaplarynyň häzirki zaman görnüşlerini taýýarlamaga hemmetaraplaýyn we ylmy esasda çemeleşýärler. Bu bolsa ýurdumyzda atçylyk sungatynyň ähli ugurlar boýunça ösdürilmegine giň ýol açýar. “Tegelek stoluň” başynda geçirilen söhbetdeşlige gatnaşyjylar atçylyk ulgamy boýunça ýurdumyzda halkara hyzmatdaşlygynyň işjeňleşdirilýändigini nygtadylar. Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasy tarapyndan dünýäniň dürli döwletleri bilen bu ugurda alnyp barylýan halkara gatnaşyklarynyň gerimini giňeltmek ugrunda zerur tagallalar edilýär. Bu bolsa ýurdumyzyň atşynaslarynyň atçylyk we atly sport boýunça dünýäniň dürli ýurtlarynda geçirilýän halkara bäsleşiklerine işjeň gatnaşmaklaryna giň ýol açýar. Ýurdumyzyň welaýatlarynda dünýä ölçeglerine laýyk gelýän atçylyk sport toplumlarynyň, okuw-ylmy merkezleriniň, athanalaryň gurulmagy atşynaslarymyzyň zähmetini döwrebap derejede guramaga ýardam edýär. Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen bina edilen, sebitde ilkinji «akylly» Arkadag şäherinde «Akhan» we «Taýçanak» binalarynyň hem-de Görogly adyndaky döwlet atçylyk sirkiniň gurulmagy, şäheriň şaýollarynyň biriniň Ahalteke atlary şaýoly diýlip atlandyrylmagy bedewleriň halkymyzyň durmuşynda aýratyn orun eýeleýändigini nobatdaky gezek subut edýär. Maslahatyň ahyrynda oňa gatnaşyjylar ahalteke bedewleriniň dünýä ýüzündäki şan-şöhratynyň belende galmagy ugrunda döwlet derejesinde ähmiýet berilýändigi üçin hormatly Prezidentimize we Gahryman Arkadagymyza alkyş sözlerini aýtdylar. Şeýle hem olar döredilýän mümkinçiliklerden netijeli peýdalanyp, türkmen halkynyň milli gymmatlygy bolan ahalteke bedewleriniň şan-şöhratyny yzygiderli wagyz etmek ugrunda ähli tagallalaryny gaýgyrmajakdyklaryna ynandyrdylar.
Bilim ministrligi daşary ýurtda okamaga gidýän talyplar üçin güwänamany almak tertibini düşündirdi
Türkmenistanyň Bilim ministrligi talyplara we okuwa girmek isleýän ýaşlara daşary ýurtlaryň ýokary we orta hünär okuw mekdeplerinde okamak üçin daşary ýurda gitmekde zerur bolan güwänamany resmileşdirmegiň tertibi barada maglumat berýär. Güwänama Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň 2022-nji ýylyň 1-nji iýunyndaky №202 buýrugynyň 1-nji goşundysyna laýyklykda berilýär. Ol raýatyň bellenen tertipde daşary ýurtda okuwyny dowam etdirýän ýa-da okuwa täze başlan talyp hökmünde hasaba alnandygyny tassyklaýar. Hasaba alyş raýatyň hemişelik ýaşaýan ýeri boýunça — etrap bilim bölümlerinde geçirilýär. Aşgabat şäheriniň ýaşaýjylary bolsa şäheriň Baş bilim müdirligine ýüz tutup bilerler: Salgysy: Türkmenistanyň Gahrymany Atamyrat Nyýazow şaýoly, 148Telefonlar: 39-35-01, 39-37-79E-mail: ashgabatmekdep@sanly.tm Hasaba alyş tertibi Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň 2024-nji ýylyň 25-nji iýulyndaky №245 buýrugy (2-nji goşundy) bilen kesgitlenýär. Zerur bolan resminamalar: Şahsyýeti tassyklaýan resminamanyň nusgasy (milli we daşary ýurt pasportlary); Ilkinji gezek daşary ýurda gidýänler üçin — daşary ýurt okuw mekdebiniň çakylygynyň we okuw baradaky kepillik hatynyň türkmen diline terjime edilen nusgalary; Wizanyň nusgasy; Harby şahadatnamanyň ýa-da harby hasaba goýlandygy baradaky şahadatnamanyň nusgasy; Okuw edarasy tarapyndan berilýän bellenen nusgadaky sowalnama; Orta bilim baradaky şahadatnamanyň nusgasy; 6×9 ölçegdäki bir sany reňkli fotosurat. Goşmaça maglumatlar: Resminamalar iş günlerinde sagat 14:00-dan 17:00-a çenli kabul edilýär. Resminamalaryň nusgalary we möhürleriň yzlary aýdyň bolmaly, sowalnama bolsa seresaplylyk bilen, ýalňyşsyz doldurylmalydyr. Resminamalar şahsy ýagdaýda tabşyrylýar.
Mekdep okuwçylarymyz mental hasaplamak boýunça dünýä çempionatynda ýokary netijeler görkezdiler
2026-njy ýylyň 5—7-nji sentýabry aralygynda Germaniýanyň Bielefeld şäherinde çagalaryň we ýetginjekleriň arasynda mental hasaplamak boýunça dünýä çempionaty («The Junior Mental Calculation World Championship 2026») geçirildi. 2008-nji ýyldan bäri geçirilip gelinýän bu abraýly bäsleşige Hytaý, Singapur, Germaniýa, Ýaponiýa, Fransiýa ýaly 14 döwletden 100-den gowrak saýlanan iň ökde mental türgenler gatnaşdy. Gatnaşajylar 2 sagadyň dowamynda diňe ýatdan hasaplamak arkaly matematikanyň çylşyrymly ugurlary, şol sanda kök almak, köpeldijilere dagytmak, droblar we senenama senelerini tapmak boýunça bäsleşdiler. Ýurdumyz boýunça geçirilen saýlama tapgyryň netijesinde «JMCWC 2026» çempionatyna kabul edilen 12 sany mekdep okuwçymyzyň birnäçesi 2000 baldan ýokary netije görkezdi. Bäsleşikde Türkmenabat şäherindäki «Kämil Bilim» okuw merkeziniň «Anzan» maksatnamasynyň uçurymy, 41-nji orta mekdebiň 7-nji synp okuwçysy Mekan Nurgeldiýew «Junior-1» derejesinde 2477 bal toplap, dünýä çempionatynda 3-nji orny eýeledi. Şeýle hem Türkmenistanyň mental arifmetika boýunça ilkinji milli rekordçysy Liwanur Berdiýewa «Senior» derejesinde iň ýokary bal alan gatnaşyjylaryň ilkinji 8-ligine girmegi başardy. Germaniýadaky çempionatda ýurdumyzyň ýygyndy toparyna «Kämil bilim» okuw merkeziniň mental arifmetika mugallymy Jahan Durdymämmedowa we matematika mugallymy Halym Annagurbanow ýolbaşçylyk etdiler. Ýatlap geçsek, geçen ýyl bu abraýly halkara ýaryşda okuwçylarymyz üstünlikli çykyş edip, ilkinji onluga girmegi başarypdylar.
GARAŞSYZLYGYMYZYŇ ŞANLY 35 ÝYLLYGYNA BAGYŞLANAN “INŽENER-TEHNIKI BILIM KÄMILLEŞMEK ÝOLUNDA” ATLY YLMY MAKALALAR ÝYGYNDYSY NEŞIR EDILDI
Türkmenistanyň döwlet Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly senesi milli ösüşiň dürli ugurlarynda gazanylan üstünliklere, döredijilikli zähmete we ylmy-bilim ulgamynda ýetilen belent sepgitlere nazar aýlamaga giň mümkinçilik döredýär. Şu taryhy senäniň şanyna Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersiteti tarapyndan taýýarlanan “Inžener-tehniki bilim kämilleşmek ýolunda” atly uly göwrümli ylmy makalalar ýygyndysynyň neşir edilmegi hem ýurdumyzyň ylmy jemgyýetçiligi üçin möhüm wakalaryň biridir. Makalalar ýygyndyda uniwersitetiň professor-mugallymlarynyň, alymlarynyň, aspirantlarynyň, ylmy derejä dalaşgärleriniň, şeýle hem hyzmatdaş daşary ýurtlaryň ýokary okuw mekdepleriniň wekilleriniň ylmy-barlag we taslama işleriniň netijeleri giňişleýin beýan edilýär. Neşirde öňe sürülýän ylmy garaýyşlar we amaly teklipler nebitgaz, energetika hem-de himiýa senagatynyň önümçilik mümkinçiliklerini kämilleşdirmäge, döwrebap tehnologiýalary önümçilige ornaşdyrmaga we ykdysady taýdan netijeli çözgütleri işläp taýýarlamaga gönükdirilen. Bu ylmy ýygyndy diňe bir dürli ugurlardaky ylmy gözlegleriň netijelerini jemleýän neşir bolmak bilen çäklenmän, eýsem inžener-tehniki bilimiň häzirki zaman ösüş ugurlaryny, ylmy pikirlenmäniň täze mümkinçiliklerini we bilim bilen önümçiligiň utgaşykly arabaglanyşygyny şöhlelendirýän ähmiýetli çeşme bolmak bilen inžener-tehniki ugurlarda bilim berýän ýokary okuw mekdepleriniň professor-mugallymlaryna, alymlaryna, aspirantlaryna, talyplaryna, şeýle hem ylmy-tehniki ösüş bilen gyzyklanýan giň okyjylar köpçüligine niýetlenendir. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe milli bilim ulgamyny toplumlaýyn ösdürmek, onuň mazmunyny döwrüň talaplaryna laýyklykda baýlaşdyrmak we hil taýdan täze derejä çykarmak döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýar. Häzirki döwürde Gahryman Arkadagymyzyň öňdengörüjilikli başlangyçlaryny mynasyp dowam etdirýän Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzda bilim we ylym ulgamlaryny döwrebaplaşdyrmak boýunça giň gerimli işler durmuşa geçirilýär. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň we hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ylym-bilime aýratyn ähmiýet bermegi netijesinde ýurdumyzda ylmyň we bilimiň maddy-enjamlaýyn hem-de ylmy-usulyýet binýady barha pugtalandyrylýar. Bu ugurda amala aşyrylýan giň gerimli özgertmeler ýokary okuw mekdepleriniň ylmy mümkinçilikleriniň artmagyna, ýaşlaryň döwrebap bilim almagyna, olaryň döredijilik we ylmy işlerine işjeň gatnaşmagyna oňyn täsir edýär. Häzirki zaman bilim giňişliginiň möhüm aýratynlyklarynyň biri hem sanly tehnologiýalaryň we innowasion usullaryň okuw işine giňden ornaşdyrylmagydyr. Bu bolsa ylym-bilim ulgamynyň hilini ýokarlandyrmaga, dolandyryş işlerini ýönekeýleşdirmäge hem-de öwrenmegi has täsirli etmäge giň mümkinçilikler döredýär. Ýygyndynyň esasy maksady inžener-tehniki bilimiň we ylmy-barlag işleriniň häzirki zaman ugurlaryny giňden beýan etmek, nebitgaz, energetika we himiýa pudaklarynda täze tehnologiýalaryň ylmy esaslaryny öwrenmäge hem-de ylmy bilimleriň ýaýbaňlandyrylmagyna ýardam bermekden ybaratdyr. Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň daşary ýurtlaryň abraýly ýokary okuw mekdepleri bilen hyzmatdaşlygynyň ösdürilmegi aýratyn ähmiýete eýedir. Şeýle hyzmatdaşlyk inžener-tehniki bilim ulgamynda halkara tejribäniň öwrenilmegine, ylmy garaýyşlaryň baýlaşmagyna, bilelikdäki barlaglaryň geçirilmegine we ýaş alymlaryň halkara ylmy giňişligine işjeň goşulmagyna giň mümkinçilik döredýär. Ylmy makalalar ýygyndysynda dürli ugurlar boýunça beýan edilen ylmy işleriň esasy maksady ylmyň jemgyýetiň we önümçiligiň ösüşindäki ornuny has-da berkitmek, ylmy pikir bilen amaly tejribäniň sazlaşygyny üpjün etmek hem-de täzeçil çözgütleriň döredilmegine ýol açmakdyr. “Inžener-tehniki bilim kämilleşmek ýolunda” atly ylmy makalalar ýygyndysy Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistanyň ylmy-bilim giňişliginde alnyp barylýan döredijilikli işleriň, ýaş alymlaryň ylmy işleriniň we halkara ylmy hyzmatdaşlygyň netijelerini özünde jemleýän ähmiýetli neşir hökmünde çykyş edýär. Ylmyň dürli ugurlary boýunça taýýarlanan makalalar ösüşlere, türkmen ylmynyň abraýyna goşant goşmaga we ylmy barlaglaryň netijelerini önümçilikde, okatmagyň amaly-usulyýetinde ulanmaga gönükdirilendir. Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersiteti
Zehinli çagalaryň «Garaşsyzlygyň merjen däneleri» bäsleşiginiň jemleýji tapgyry
Zehinli çagalaryň «Garaşsyzlygyň merjen däneleri» bäsleşiginiň jemleýji tapgyry Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň nygtaýşy ýaly, halkymyzyň saglygyny pugtalandyrmak, beden taýdan berk we ruhy taýdan baý, röwşen geljegimiz bolan ýaşlary kemala getirmek ata Watanymyzyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Çagalaryň mynasyp bilim we terbiýe almaklary, sport, aýdym-saz, edebi-çeper döredijilik bilen meşgullanmaklary, ukyp-başarnyklaryny ösdürmekleri üçin ýurdumyzda ähli şertler döredilýär. Türkmenistanyň Prezidentiniň 2025-nji ýylyň 14-nji noýabryndaky 1596 belgili «Edebiýat, medeniýet we sungat işgärleriniň, höwesjeň aýdymçy ýaşlaryň hem-de zehinli çagalaryň arasynda Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň Altyn asyry» atly baýragyny almak ugrundaky bäsleşigi yglan etmek hakynda» Kararyny ýerine ýetirmek, zehinli çagalaryň «Garaşsyzlygyň merjen däneleri» bäsleşigini ýokary derejede guramaçylykly geçirmek maksady bilen, 2026-njy ýylyň fewral aýynda ähli görnüşli umumybilim edaralarynda bäsleşigiň mekdep tapgyry, 2026-njy ýylyň mart aýynda etrap we şäher tapgyry, 2026-njy ýylyň aprel aýynda welaýat, Aşgabat, Arkadag şäher tapgyrlary guramaçylykly geçirildi. Bäsleşigiň Aşgabat we Arkadag şäher, welaýat tapgyrlaryna jemi 1184 çaga, 65 sany çagalar döredijilik toparlary gatnaşdylar. Eminler topary tarapyndan bäsleşigiň Aşgabat we Arkadag şäher, welaýat tapgyrlarynda özüniň ýokary ýerine ýetirijilik ussatlygy we sahna başarnygy bilen tapawutlanan aýdymçy çagalaryň 21-si bäsleşigiň jemleýji döwlet tapgyryna gatnaşmak üçin saýlanylyp alyndy. 2026-njy ýylyň 9-njy sentýabrynda ir säher bilen zehinli çagalaryň «Garaşsyzlygyň merjen däneleri» bäsleşiginiň jemleýji döwlet tapgyryna gatnaşyjylar Garaşsyzlyk binasyna gül desselerini goýdular. Soňra Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň Nowruz ýaýlasyndaky «Türkmeniň Ak öýi» binasynda zehinli çagalaryň «Garaşsyzlygyň merjen däneleri» bäsleşiginiň ýurt Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk baýramy mynasybetli guralýan döwlet tapgyryna gatnaşyjylaryň jemleýji konserti uly ruhubelentlik ýagdaýynda ýokary guramaçylyk derejesinde geçirildi. Bäsleşigiň jemleýji döwlet tapgyryna 21 sany aýdymçy çaga bilen birlikde 436 çagadan ybarat 14 sany döredijilik topary gatnaşdy. Jemleýji konsertde okalan Türkmenistanyň Prezidenti Hormatly Serdar Berdimuhamedowyň zehinli çagalaryň «Garaşsyzlygyň merjen däneleri» bäsleşigine gatnaşyjylara iberen Gutlagy ýüreklerde uly buýsanç we hoşallyk duýgusyny döretdi. Ýaş ýürekleri buýsançly, kalplarynda döredijilik ylhamlary joşýan bagtyýar çagalaryň ýerine ýetiren aýdym-saz, tans we edebi-sazly, foklor çykyşlarynda dost-doganlygyň, dünýä nusgalyk beýik işleriň, parahatçylykly ösüşleriň mekany bolan Garaşsyz Watanymyzda amala aşyrylýan tutumly işler, ýetilýän belent sepgitler, merdana halkymyzyň baý geçmiş mirasy, şan-şöhrata beslenen taryhymyz, görenleri haýrana goýýan medeni gymmatlyklarymyz, milli däp-dessurlarymyz, halkymyza mahsus watansöýüjilik, agzybirlik, halallyk, zähmetsöýerlik, ynsanperwerlik ýaly ýagşy gylyk-häsiýetler ýokary çeperçilik bilen wasp edildi. Zehinli çagalaryň «Garaşsyzlygyň merjen däneleri» bäsleşiginiň jemleýji tapgyryna gatnaşan çagalara Türkmenistanyň Prezidentiniň adyndan gymmat bahaly sowgatlar gowşuryldy.
«FILOLOGIÝANYŇ MESELELERI» YLMY-USULY ELEKTRON ŽURNALYŇ ÝÖRITE SANY NEŞIR EDILDI
Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň «Filologiýanyň meseleleri» ylmy-usuly elektron žurnalynyň mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllygyna bagyşlanan ýörite sany neşir edildi. Žurnalyň bu sanyndaky ylmy makalalarda Garaşsyz baky Bitarap Türkmenistanyň 35 ýylyň içinde ylym, bilim, daşary syýasat, medeniýet, ynsanperwer diplomatiýa hem-de jemgyýetçilik ösüşinde gazanan uly üstünlikleri beýan edilýär. Žurnalyň ilkinji sahypalarynda Garaşsyzlygyň we hemişelik Bitaraplygyň parahatçylygy berkitmekdäki orny, Watanymyzyň halkara giňişlikdäki belent abraýy şöhlelenip, ýurdumyzyň ajaýyp binagärlik keşbi, sebitde ilkinji «akylly» Arkadag şäheri, BMG hem-de ÝUNESKO bilen ýola goýlan synmaz hyzmatdaşlyk barada giňişleýin beýan edilýär. Magtymguly Pyragynyň golýazmalar toplumynyň hem-de milli mirasymyzyň dünýä derejesinde aýratyn orna eýe bolmagy, ýokary okuw mekdeplerinde açylan ÝUNESKO klublarynyň we kafedralarynyň işjeň hereketiniň ýaşlary terbiýelemekdäki ähmiýeti baradaky maglumatlar bu makalanyň içinden eriş-argaç bolup geçýär. Milli bilim ulgamynyň binýadyny döwrebaplaşdyrmak we gender syýasatyny ösdürmek meselelerine hem ýörite sandaky makalalarda aýratyn orun berilýär. Kanunçylyk binýadyny kämilleşdirmek, bilime we ylma sanly ulgamy ornaşdyrmak, ýaşlaryň halkara bäsleşiklerde gazanan üstünlikleri hem-de Zenanlar birleşiginiň we Haýyr-sahawat gaznasynyň ynsanperwer başlangyçlary arkaly zenanlaryň jemgyýetçilik-syýasy durmuşa işjeň gatnaşmagy barada giňişleýin durulyp geçilýär. Bilim we filologiýa ulgamynyň ösüşine bagyşlanan bölüm bolsa hakyky ylmy döredijiligiň hem-de akyl-paýhas gözlegleriniň belent dabaralanmasyna öwrülipdir. «Bilim hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna laýyklykda, ýaş nesillere watançylyk terbiýesini bermekde milli bilim ulgamynyň binýatlyk ornuna, ony döwrebaplaşdyrmaga we sanly ulgamy işjeň ornaşdyrmaga aýratyn üns berilýär. Şol bir wagtyň özünde, dil bilimi babatda syýasy terminologiýanyň leksik-semantik aýratynlyklary, dil öwretmegiň kämil usullary, Türkmenistanyň ýokary bilim ulgamynyň dünýä ylym-bilim giňişligine işjeň goşulyşmagynyň ugurlary baradaky maglumatlar çuňňur ylmy derňewler arkaly beýan edilýär. Žurnalyň ýörite sany bilen Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň www.datmddi.edu.tm resmi web-saýtynda giňden tanyşyp bilersiňiz. Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri instituty
BEDEW DIPLOMATIÝASY: behişdi ahalteke bedewleriniň we türkmen atşynaslyk sungatynyň dünýäde dabaralanmagy ugrunda Türkmenistanyň halkara başlangyçlary
2026-njy ýylyň 8-nji sentýabrynda ýurdumyzyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň halkymyzyň milli gymmatlygy bolan ahalteke bedewleriniň şan-şöhratyny we atşynaslyk sungatyny dünýä giňişliginde dabaralandyrýan halkara başlangyçlarynyň hem-de nusgalyk işleriniň taryhy ähmiýetine bagyşlanan giňişleýin söhbetdeşlik geçirildi. Onda behişdi bedewlerimiziň şan-şöhratyny has-da belende galdyrmak ugrunda döwlet derejesinde amala aşyrylýan işlere bagyşlanan pikir alyşmalar boldy. Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň, Ylymlar Akademiýasynyň we “Türkmen atlary” döwlet birleşiginiň bilelikde guramagynda geçirilen maslahata ýurdumyzyň Bilim ministrligine degişli bilim ojaklarynyň, Türkmenistanyň Ylymlar Akademiýasynyň we “Türkmen atlary” döwlet birleşiginiň wekilleriniň gatnaşmagynda geçirilen maslahatda türkmen halkynyň dünýä beren milli gymmatlygy bolan ahalteke bedewleriniň şan-şöhratyny belende galdyrmak bilen baglanyşykly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. Bellenilişi ýaly, Niderlandlar Patyşalygynda Ahalteke atlarynyň arasynda gözellik we atly sport bäsleşigi boýunça dünýä çempionatynyň geçirilmegi, onuň çäklerinde ýurdumyzyň sergi pawilýonlarynyň guralmagy ýurdumyzda bu ugurda alnyp barylýan işleriň dünýä nusgalykdygyny äşgär etdi. Munuň özi Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň asylly başlangyçlary, hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallasy bilen milli buýsanjymyz bolan behişdi bedewlerimize neneňsi uly üns berilýändigine şaýatlyk edýär. Türkmen topragynda kemala getirilip, umumadamzat gymmatlygyna öwrülen behişdi bedewlerimiz Ýer ýüzünde bar bolan tohum atlaryň arasynda iň naýbaşylarynyň biri hasaplanýar. Maslahatda çykyş edenler ýurdumyzda atçylyk pudagynyň ýokary derejeli hünärmenler bilen üpjünçiligine aýratyn üns berdiler we şunda Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynyň alyp barýan işine möhüm ornuň degişlidigini nygtadylar. Bu ýokary okuw mekdebinde Tejribeli atşynaslary, seýisleri, çapyksuwarlary we bu ugra degişli beýleki hünärmenleri taýýarlamak, olaryň hünär derejelerini ýokarlandyrmak boýunça zerur işler amala aşyrylýar. Şeýle hem Arkadag şäherinde Atçylyk ylmy-önümçilik merkeziniň döredilmegi pudagyň ösmegine goşant goşmak bilen, ahalteke bedewlerimiziň şan-şöhratyny has-da dabaralandyrýar. Munuň özi taryhyň dowamynda türkmen seýisleriniň we atşynaslarynyň yhlasyndan dörän 2 ganatly bedewleriň giňden wagyz edilmeginde ähmiýetlidir. Bu bolsa atçylyk pudagynda alnyp barylýan işleriň ösüşiň täze derejesine çykýandygyny görkezýär. Şol bir wagtyň özünde ýurdumyza ahalteke bedewleriniň çeper döredijilikde dabaralandyrylmagyna zerur üns berilýär. Ýurdumyzyň döredijilik işgärleri, heýkeltaraşlar we zergärler ahalteke bedewleriniň çeper keşbini döretmäge at esbaplarynyň häzirki zaman görnüşlerini taýýarlamaga hemmetaraplaýyn we ylmy esasda çemeleşýärler. Bu bolsa ýurdumyzda atçylyk sungatynyň ähli ugurlar boýunça ösdürilmegine giň ýol açýar. “Tegelek stoluň” başynda geçirilen maslahata gatnaşyjylar atçylyk ulgamy boýunça ýurdumyzda halkara hyzmatdaşlygynyň işjeňleşdirilýändigini nygtadylar. Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynda dünýäniň dürli döwletleri bilen bu ugurda alnyp barylýan halkara gatnaşyklarynyň gerimini giňeltmek ugrunda zerur tagallalar edilýär. Bu bolsa ýurdumyzyň atşynaslarynyň atçylyk we atly sport boýunça dünýäniň dürli ýurtlarynda geçirilýän halkara bäsleşiklerine işjeň gatnaşmaklaryna giň ýol açýar. Ýurdumyzyň welaýatlarynda dünýä ölçeglerine laýyk gelýän atçylyk sport toplumlarynyň, okuw-ylmy merkezleriniň, athanalaryň gurulmagy atşynaslarymyzyň zähmetini döwrebap derejede guramaga ýardam edýär. Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen bina edilen, sebitde ilkinji «akylly» şäher — Arkadag şäherinde «Akhan» we «Taýçanak» binalarynyň hem-de Görogly adyndaky döwlet atçylyk sirkiniň gurulmagy, şäheriň şaýollarynyň biriniň Ahalteke atlary şaýoly diýlip atlandyrylmagy bedewleriň halkymyzyň durmuşynda aýratyn orun eýeleýändigini nobatdaky gezek subut edýär. Maslahatyň ahyrynda oňa gatnaşyjylar ahalteke bedewleriniň dünýä ýüzündäki şan-şöhratynyň belende galmagy ugrunda döwlet derejesinde ähmiýet berilýändigi üçin hormatly Prezidentimize we Gahryman Arkadagymyza alkyş sözlerini aýtdylar. Şeýle hem olar döredilýän mümkinçiliklerden netijeli peýdalanyp, türkmen halkynyň milli gymmatlygy bolan ahalteke bedewleriniň şan-şöhratyny yzygiderli wagyz etmek ugrunda ähli tagallalaryny gaýgyrmajakdyklaryna ynandyrdylar.
Türkmenistanyň wekilleri Ankara şäherinde ýokary bilim ulgamyndaky halkara maksatnama gatnaşýarlar
2026-njy ýylyň 7–11-nji sentýabry aralygynda Ankara şäherinde türk dünýäsiniň ýokary bilim ulgamynda hyzmatdaşlygy ösdürmäge, öňdebaryjy tejribeleri alyşmaga hem-de bilim we akademik edaralaryň arasynda gatnaşyklary pugtalandyrmaga gönükdirilen «Türk dünýäsiniň ýokary bilim ulgamynda hyzmatdaşlyk» atly sertifikat maksatnamasy geçirilýär. Maksatnama Azerbaýjanyň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Özbegistanyň, Türkmenistanyň, Demirgazyk Kipr Türk Respublikasynyň we Wengriýanyň wekilleri gatnaşýarlar. Türkmen tarapyndan maksatnama Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň, Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň, Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň, şeýle hem Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň wekilleri gatnaşýarlar. 7-nji sentýabrda maksatnamanyň resmi açylyş dabarasy geçirildi. Dabarada Türkiýe Respublikasynyň Daşary ýurtlardaky türkler we garyndaş halklar boýunça müdirliginiň (YTB) başlygy Abdulhadi Turus, Türkiýäniň Beýik Millet Mejlisiniň deputaty Osman Mesten, Türkiýäniň Ylymlar akademiýasynyň (TÜBA) prezidenti professor Muzaffer Şeker, şeýle hem ORTAK maksatnamasynyň akademik utgaşdyryjysy professor Şefika Şule Erçetin çykyş etdiler. Resmi açylyş dabarasyna maksatnama gatnaşýan ýurtlaryň Ankara şäherinde akkreditirlenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçileri hem gatnaşdylar. Munuň özi bilim we ynsanperwer ulgamlarda döwletara hyzmatdaşlygyny mundan beýläk-de ösdürmäge uly ähmiýet berilýändiginiň aýdyň beýany boldy. Dabaranyň dowamynda gatnaşyjylar YTB-niň işiniň esasy ugurlary, sertifikat maksatnamasynyň maksatlary we wezipeleri, şeýle hem ýokary bilim ulgamynda halkara hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de giňeltmegiň mümkinçilikleri bilen tanyşdyryldy. Şeýle hem YTB tarapyndan durmuşa geçirilýän bilelikdäki talyp hakly maksatnamalar, akademik alyşmalar hem-de ýokary okuw mekdepleriniň arasynda hyzmatdaşlygy ösdürmegiň geljekki mümkinçilikleri barada giňişleýin maglumat berildi. Maksatnamanyň birinji gününiň işi «Türkiýede we dünýäde ýokary bilim syýasaty we strategiýalary» atly modulyň çäklerinde dowam etdi. Onuň dowamynda Türkiýäniň ýokary bilim ulgamynyň häzirki zaman gurluşy we ösüş ugurlary, dünýäde ýokary bilimiň ösüşiniň esasy meýilleri, medeni täsiriň we halkara abraýyň kemala gelmeginde ýokary okuw mekdepleriniň orny, şeýle hem ynsanperwer gatnaşyklary pugtalandyrmak bilen bagly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. Professor Şefika Şule Erçetin we professor Zakir Avşar ýokarda agzalan ugurlar boýunça degişli çykyşlar bilen çykyş etdiler. Bilim ulgamynda halkara hyzmatdaşlygyny yzygiderli ösdürmek, dünýäniň öňdebaryjy tejribesini öwrenmek we milli bilim ulgamyna ornaşdyrmak Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Ýurdumyzda milli ýokary okuw mekdepleriniň halkara gatnaşyklaryny giňeltmäge, ýokary hünärli hünärmenleri taýýarlamaga, şeýle hem daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen ylmy-bilim gatnaşyklaryny pugtalandyrmaga aýratyn ähmiýet berilýär. Türkmenistanyň wekilleriniň bu halkara maksatnama gatnaşmagy ýokary bilim ulgamynda döwrebap çemeleşmeleri öwrenmek, öňdebaryjy daşary ýurt tejribesi bilen tanyşmak, hünär gatnaşyklaryny giňeltmek hem-de daşary ýurtlaryň bilim we akademik edaralarynyň wekilleri bilen özara tejribe alyşmak üçin möhüm mümkinçilikleri döredýär. Şeýle halkara çäreleriň geçirilmegi gatnaşyjy döwletleriň ýokary okuw mekdepleriniň arasynda göni gatnaşyklary ösdürmäge, bilelikdäki bilim taslamalaryny we başlangyçlaryny durmuşa geçirmäge, akademik hereketliligi giňeltmäge, şeýle hem bilim we ynsanperwer ulgamlardaky hyzmatdaşlygy täze derejä çykarmaga ýardam berýär. Türkmenistanyň Bilim ministrligi
Bilim işgärleri ÝUNISEF-iň Autizmiň dürli görnüşleri bolan çagalar we olaryň maşgalalary üçin inklýuziw hyzmatlaryň pudagara ulgamyny ösdürmek boýunça geçiren okuw maslahatyna gatnaşdylar
2026-njy ýylyň 1–5-nji sentýabry aralygynda Türkmenistan döwletimiziň Birleşen Milletler Guramasynyň Çagalar Gaznasy (ÝUNISEF) bilen hyzmatdaşlygynyň çäginde Sank-Peterburgyň Irki goşulyşma boýunça institutynyň hünärmeni, ÝUNISEF-iň bilermeni Ýuliýa Rusanowanyň Autizmiň dürli görnüşleri bolan çagalar we olaryň maşgalalary üçin inklýuziw hyzmatlaryň pudagara ulgamyny ösdürmek boýunça halkara tejribesi bilen paýlaşmak maksady bilen okuw maslahaty we çagalar baglary bilen tanyşlyk sapary guraldy. Bu okuw maslahatyna Türkmenistanda Autistik spektriniň bozulmalary bar bolan çagalary ýüze çykarmak, anyklamak we toplumlaýyn ýardam etmek boýunça synag taslamasyny durmuşa geçirýän Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň, Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň, Türkmenistanyň Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministrliginiň degişli hünärmenleri gatnaşdylar. Bilim ulgamyndan Aşgabat şäheriniň synag çagalar baglarynyň, Saglygy dikeldiş okuw-terbiýeçilik toplumynyň terbiýeçileridir mugallymlary, lukman-mugallymçylyk işçi toparynyň agzalary, şeýle hem welaýatlaryň inklýuziw bilim taslamasyny amala aşyrýan çagalar baglarynyň pedagogik işgärleri işjeň gatnaşdylar. Okuw maslahatynyň çäginde nazary bilimleri amalyýet bilen baglanyşdyrmak maksady bilen Aşgabat şäheriniň synag mekdebe çenli çagalar edaralarynyň biri bolan 111-nji çagalar bakja-bagynda dowam edildi. Bu okuwda synag taslamasynyň birinji tapgyrynda geçirilen işleriň netijeleri we pudagara hyzmatdaşlygy ýola goýmagyň ýollary boýunça pikir alşyldy. Diňleýjiler guralan söhbetleriň özlerinde uly täsirleri galdyrandygyny, çaganyň durmuşynyň ilkinji ýyllarynda autistik spektriniň alamatlaryny ir ýüze çykarmagyň gurallaryny ele almak, maşgala goldaw bermek, köptaraplaýyn çemeleşmek boýunça zerur usuly maslahatlary alandyklaryny aýratyn bellediler. Gülbahar Atadurdyýewa, Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň Mekdebe çenli bilim bölüminiň baş hünärmeni
Ylmy dialogy ösdürmek: türkmen mugallymlary Minskde innowasion taslamalary hödürlediler
Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniñ mugallymlary, ýagny biotehnologiýa kafedrasynyñ müdiri O.Soltanowa we molekulýar biologiýa we genetika kafedrasynyñ müdiri D.Porrykow Belarusyň Milli ylymlar akademiýasy tarapyndan 5 – 6-njy sentýabrda geçirilen «Ylym festiwaly – 2026» çäresine gatnaşmak üçin Belarus Respublikasynyñ Minsk şäherinde iş saparynda boldylar. Sekizinji gezek geçirilýän «Ylym festiwaly» Belarusdaky iň uly meşhur ylmy çäreleriň biri bolup, ýyllaryň dowamynda Minsk şäheriniň ýaşaýjylaryny we myhmanlaryny iň soňky ylmy ösüşler bilen tanyşdyrýan hem-de olara ylym we tehnologiýa dünýäsinden täze bilimleri öwrenmäge ýardam berýär. Festiwalyñ dowamynda Belarusyň Milli ylymlar akademiýasynyñ ähli ylmy-barlag institutlary we merkezleri özleriniñ innowasion işlerini görkezdiler. Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniñ wekilleri hem biotehnologiýa ugryndan işlenip taýýarlanan taslamalary bilen çykyş etdiler. Olaryñ taýýarlan ylmy çözgütleri festiwala gatnaşyjylarda uly gyzyklanma döretdi. Olar Belarusyň dürli ylmy-barlag institutlaryndan gelen professorlar we ylmy işgärler bilen genetika we seleksiýa, mikrobiologiýa, iýmit we oba hojalyk biotehnologiýasy ugurlarynda alyp barýan ylmy işleri boýunça özara pikir alyşdylar.
Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetinde Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Bilimler we talyp ýaşlar güni hem-de 2026-2027-nji okuw ýylynyň başla
2026-njy ýylyň 3-nji sentýabrynda Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersiteti “Altyn asyr” Türkmenistan teleýaýlymy bilen bilelikde Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Bilimler we talyp ýaşlar güni hem-de 2026-2027-nji okuw ýylynyň başlanmagy mynasybetli Arkadag şäheriniň Ruhyýet köşgünde geçiren okuw sapagy barada söhbetdeşlik taýýarlap, teletomaşaçylara hödürledi. Türkmeniň täze taryhynyň ähmiýetli sahypalary halk bähbitli amala aşyrylýan şanly wakalaryň üsti bilen ýazylýar. Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk şanly toýunyň bellenilýän ýylynyň altyn güýzünde has takygy, 2026-njy ýyl “Garaşsyz baky Bitarap Türkmenisan – bedew batly at-myradyň mekany” ýylynyň ikinji sentýabrynda Gahryman Arkadagymyz Arkadag şäheriniň Ruhyýet köşgünde umumy sapak geçdi. Gahryman Arkadagymyz bütin bilim ulgamynyň wekilleriniň howandary. Alym, lukman, mugallym Arkadagymyz bu umumy okuwyna müňlerçe ýaşlar gatnaşdy. Umumy okuw sapagynyň başynda Alym Arkadagymyz watançylyk temasyna ýüzlenip, watan mukaddesligini anyk deliller bilen düşündirdi. Nakyllardyr atalar sözleri, Pyragynyň döredijiliginden setirler sapagyň täsirini has artdyrdy. Bu umumy okuw sapagy mugallymlara görelde mekdebi boldy. Türkmen halkynyň Milli Lideriniň oýlanmalary ýaş nesillere atalyk, howandarlyk pendi juda täsirli boldy we ol nesilleriň hakydasynda baky galjak ýakymly ýatlamadyr. Söhbetdeşlige gatnaşyjylar ine şeýle ýakymly duýgularyny paýlaşdylar. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyşlaryny beýan etdiler. Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersiteti
TÜRKMEN HALKYNYŇ MILLI LIDERI, TÜRKMENISTANYŇ HALK MASLAHATYNYŇ BAŞLYGY, GURBANGULY BERDIMUHAMEDOWYŇ ARKADAG ŞÄHERINIŇ RUHYÝET KÖŞGÜNDE GEÇIREN OKUW SAPAGYNY - TALYPLAR ÜÇIN GYMMATLY MASLAHATLAR
Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň talyplary Hormatly Gahryman Arkadagymyzyň Arkadag şäheriniň Ruhyýet köşgünde geçiren okuw sapagyny uniwersitetiň uly Mejlisler zalynda Watan habarlar gepleşiginde tomaşa etdiler. Bu okuw sapagy ýaş nesliň milli ruhda terbiýelenmeginde, olaryň watansöýüjilik duýgusyny has-da berkitmeginde we halkymyzyň şöhratly taryhyna, baý medeni mirasyna hem-de mukaddes däp-dessurlaryna bolan buýsanjyny artdyrmakda aýratyn ähmiýete eýe boldy. Hormatly Gahryman Arkadagymyzyň çuň manyly çykyşlary, parasatly pikirleri we ýaşlara bildirýän belent ynamy talyplarda uly täsir galdyrdy. Onuň ýaş nesle berýän gymmatly öwüt-ündewleri bilim almaga, yhlasly zähmet çekmäge, Watana ak ýürekden hyzmat etmäge we ýurdumyzyň ösüşine mynasyp goşant goşmaga ruhlandyrýar. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň öňdengörüjilikli başlangyçlarynyň netijesinde ýaşlar üçin döredilýän giň mümkinçilikler, döwrebap bilim ojaklary we amatly şertler Türkmenistanyň bagtyýar geljeginiň berk binýadynyň tutulýandygyny aýdyň görkezýär. Biz - ýaşlaryň ýokary tehnologiýalar bilen üpjün edilen bilim ojaklarynda ylym-bilim öwrenip, ýokary derejeli hünärmenler bolup ýetişmegimiz üçin giň mümkinçilikleri döredip berýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagyny, alyp barýan il bähbitli, ýurt ähmiýetli tutýan tutumly işleriniň elmydama rowaçlyklara beslenmegini arzuw edýärin. Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersiteti
“Ýol hereketiniň howpsuzlygy – ömrümiziň rahatlygy” atly wagyz-nesihat çäresi geçirildi
2026-njy “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany” ýylynyň sentýabr aýynyň 4-ne tassyklanan meýilnama esasynda sentýabr aýynda “Ýol hereketiniň howpsuzlygy – ömrümiziň rahatlygy” atly biraýlygyň çäklerinde Mary welaýat maliýe-ykdysady orta hünär okuw mekdebiniň talyplarynyň arasynda döwletimiziň alyp barýan içeri we daşary syýasatynyň mazmunyny, Türkmenistanyň Konstitusiýasyny, ýurdumyzyň kanunlaryny we hukuk namalaryny, ýangyn howpsuzlygy kadalaryny berjaý etmegiň ähmiýetini, ýol-ulag hadysalarynyň we kanun bozulmalarynyň öňüni almagyň zerurdygyny, tebigaty goramagyň möhümdigini, ýaramaz endikleriň zyýanly täsirlerini, sagdyn durmuş we milli ahlak ýörelgelerini düşündirmek maksady bilen wagyz-nesihat çäresi geçirildi. Çäräniň dowamynda welaýatyň çägindäki hukuk goraýjy edaralarynyň şeýle-de jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri gatnaşdylar. Agzalan meseleler boýunça täsirli çykyşlar çäräniň dowamynda öz beýanyny tapdy. Çäräniň ahyrynda oňa gatnaşyjylar Milli Liderimiz Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza çäksiz buýsançlaryny beýan etdiler. Mary welaýat maliýe-ykdysady orta hünär okuw mekdebi
Türkmen halkynyň Milli Lideriniň Arkadag şäherinde geçiren okuw sapagyna bagyşlanan hoşallyk maslahaty geçirildi
Şu gün Türkmenistanyň Bilim ministrliginde türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Arkadag şäheriniň Ruhyýet köşgünde geçiren okuw sapagynyň mazmunyna hem-de ähmiýetine bagyşlanan hoşallyk maslahaty geçirildi. Foruma gatnaşyjylar Gahryman Arkadagymyzyň Bilimler we talyp ýaşlar güni hem-de täze 2026-2027-nji okuw ýylynyň başlanmagy mynasybetli 2026-njy ýylyň 2-nji sentýabrynda geçiren okuw sapagynyň tutuş jemgyýetimizde uly ruhubelentlik we joşgun döredendigini buýsanç bilen bellediler. Çykyş edenler professor, akademik, dünýäniň öňdebaryjy ýokary okuw mekdepleriniň hormatly doktory we hormatly akademigi Gahryman Arkadagymyzyň mugallymçylyk ussatlygyna aýratyn ünsi çekdiler. «Älem içre at gezer» we «Döwlet guşy» romanlarynda beýan edilişi ýaly, Gahryman Arkadagymyzyň atasy Berdimuhamet Annaýew esger, ilhalar ynsan, watançy hem-de ýaşlara bilim we terbiýe bermekde nusgalyk ýol goýan tejribeli mugallym bolupdyr. Bu asylly peder ýoluny dowam edip hem-de ösdürip, Gahryman Arkadagymyz bilim işgärleri we tutuş mugallymlar köpçüligi üçin nusgalyk mekdebini döretdi. Maslahata gatnaşan syýasatşynaslaryň, mugallymlaryň, talyplaryň hem-de mekdep okuwçylarynyň çykyşlarynda geçirilen sapagyň çuňňur ylmy garaýyşlara baýdygy, halkymyzyň watansöýüjilik, parahatçylyk söýüjilik ýörelgelerine, mukaddes Garaşsyzlygymyza hem-de türkmen halkynyň şöhratly taryhyna ýugrulandygy nygtaldy. Hormatly Prezidentimiziň garry atasy Berdimuhamet Annaýewiň nusgalyk ömür ýolunyň, atasy Mälikguly Berdimuhamedowyň asylly we adalatly durmuş mekdebiniň, enesi Ogulabat Berdimuhamedowanyň el hünäri hem-de asyllylyk nusgasynyň, mähriban käbesi Ogulgerek Berdimuhamedowanyň nusgawy maşgala terbiýesiniň tutuş halkymyz üçin bimöçber gymmatlyk bolup durýandygy aýratyn bellenildi. Maslahata gatnaşyjylar Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň watansöýüjilik hem-de ynsanperwerlik ýörelgeleri ösüp gelýän ýaş nesil üçin şöhratly taryhymyzy, häzirki bagtyýar zamanamyzy we röwşen geljegi birleşdirýän egsilmez terbiýe mekdebi hökmünde hyzmat edýändigini bellediler. Maslahatyň ahyrynda oňa gatnaşyjylar hormatly Prezidentimiziň hem-de Gahryman Arkadagymyzyň adyna Ýüzlenme kabul edip, milli bilim ulgamyny kämilleşdirmek boýunça alyp barýan tutumly işleriniň mundan beýläk-de üstünliklere beslenmegini arzuw etdiler.
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Arkadag şäheriniň Ruhyýet köşgünde geçiren okuw sapagynyň ähmiýetine bagyşlanan hoşallyk maslahaty
Şu gün Türkmenistanyň Bilim ministrliginde türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Arkadag şäheriniň Ruhyýet köşgünde geçiren okuw sapagynyň ähmiýetine bagyşlanan hoşallyk maslahaty geçirildi. Maslahata gatnaşyjylar Gahryman Arkadagymyzyň Bilimler we talyp ýaşlar güni hem-de 2026-2027-nji okuw ýylynyň başlanmagy mynasybetli 2026-njy ýylyň 2-nji sentýabrynda geçiren umumy okuw sapagynyň tutuş jemgyýetimizde ýokary ruhubelentlik döreden wakadygyny buýsanç bilen bellediler. Çykyş edenler öňi bilen professor, akademik, dünýäniň iň abraýly ýokary okuw mekdepleriniň hormatly doktory, dünýäniň iň abraýly ýokary okuw mekdepleriniň hormatly akademigi hökmünde Gahryman Arkadagymyzyň mugallymçylyk ussatlygyny aýratyn bellediler. «Älem içre at gezer», «Döwlet guşy» romanlarynda beýan edilişi ýaly, Gahryman Arkadagymyzyň atasy Berdimuhamet Annaýew – esger, ilhalar ynsan, ussat mugallym. Berdimuhamet Annaýew öz döwründe ýaşlara bilim öwretmekde, terbiýelemekde nusgalyk ýol goýan ussat mugallym. Şonuň üçin hem asylly peder ýoluny mynasyp dowam etmek, ösdürmek bilen Gahryman Arkadagymyz bilim işgärlerine hem, mugallymlara hem nusgalyk mekdep döretdi. Hoşallyk maslahatyna gatnaşan syýasatşynaslar, mugallymlar, talyp ýaşlar we mekdep okuwçylary Milli Liderimiziň geçiren umumy okuw sapagy watançylyga, mukaddes Garaşsyzlygymyza, halkymyzyň parahatçylyk söýüjilik ýörelgesine, umuman, türkmen halkynyň şöhratly taryhyna, bagtyýar şu gününe, röwşen geljegine ýugrulan ylmy nukdaýnazarlar bilen baýlaşandygyny buýsanç bilen nygtadylar. Hormatly Prezidentimiziň garry atasy Berdimuhamet Annaýewiň nusgawy ömür ýolunyň, mähriban atasy Mälikguly Berdimuhamedowyň asylly we adalatly durmuş mekdebi, mähriban enesi Ogulabat Berdimuhamedowanyň el hünäri we asyllylyk nusgasy hem-de mähriban käbesi Ogulgerek Berdimuhamedowanyň nusgawy maşgala terbiýesi bütin türkmen halky üçin bahasyna ýetmejek hazynadygyny buýsanç bilen bellendi. Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň durmuşa geçirýän mukaddes watançylyk, ynsanperwerlik we parahatçylyk söýüjilik ýörelgeleri ýaş nesiller üçin geçmişimiziň şöhratly taryhyny, häzirki döwrüň beýik üstünliklerini we nurana geljegimizi pugta birikdirýän gymmatly taglymatlar, egsilmez terbiýe mekdebi bolup hyzmat edýändigine, bu mukaddes mekdep ýaşlary beýik maksatlara ruhlandyrýandygyna, halkymyzyň agzybirliginiň hem-de abadançylygynyň sarsmaz kepili bolup durýandygyna aýratyn ähmiýet berildi. Maslahata gatnaşyjylar Gahryman Arkadagymyzyň peder pentleri esasynda bilim alýan hem-de edara-kärhanalarda zähmet çekýän ýaşlaryň arasynda watansöýüjilik, agzybirlik we jebislik duýgularynyň has-da ösdürilmegine gönükdirilen baý many-mazmunly çäreleriň geçiriljekdigini, Gahryman Arkadagymyzyň Garaşsyzlygymyzy we Bitaraplygymyz, taryhy-medeni gymmatlyklarymyz we milli mirasymyz, döwrümiziň üstünlikleri baradaky dürdäne jümleleriniň esasynda täze okuw kitaplarynyň, okuw-usuly gollanmalarynyň we görkezme esbaplarynyň taýýarlanyljakdygyny, sagdyn, ylymly-bilimli, giň dünýägaraýyşly, zähmetsöýer nesli terbiýeläp ýetişdirmek mugallymlaryň hem-de bilim işgärleriniň baş wezipesidigini nygtadylar. Türkmenistanyň Bilim ministrligi.
TÜRKMENISTAN — GRUZIÝA: ylym-bilim hyzmatdaşlygy ösdürilýär
2026-njy ýylyň 31-nji awgusty — 2-nji sentýabry aralygynda Gruziýanyň Bilim, ylym we ýaşlaryň işleri boýunça ministri Giwi Mikanadzeniň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet ýurdumyzda saparda boldy. Dostlukly döwletiň wekiliýeti türkmen topragynda mähirli garşylandy. Mälim bolşy ýaly, ýurdumyzda giňden bellenilen Bilimler we talyp ýaşlar gününde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň täze binalar toplumy açylyp ulanmaga berildi. Bu döwrebap ýokary okuw mekdebiniň açylyş dabarasyna Gruziýanyň wekiliýetiniň hem gatnaşmagy aýratyn bellärliklidir. Bu ýerde talyp ýaşlar, professor-mugallymlar, hünärmenler üçin zerur bolan ähli amatlyklaryň döredilmegi daşary ýurtly myhmanlaryň ýokary bahasyna mynasyp boldy. Institutyň täze binalar toplumyndaky baş bina, mejlisler zaly, okuw binalary, müň orunlyk naharhana, kitaphana, ähli amatlyklary bolan umumy ýaşaýyş jaýlary, sport meýdançalary we beýleki tehniki desgalar, şeýle hem döwrebap enjamlar bilen tanyşlyk myhmanlarda ýakymly täsirleri galdyrdy. Bu ýokary okuw mekdebinde guralan duşuşyklar bolsa özara tejribe alyşmak üçin möhüm platforma bolup hyzmat etdi. Wekiliýet agzalary şeýle giň möçberli dabara gatnaşmagyň möhüm ähmiýetlidigini belläp, döwrebap bilimi, sanly tehnologiýalary hem-de halkara hyzmatdaşlygy ösdürmäge berýän uly ünsi üçin hormatly Prezidentimize hoşallygyny beýan etdiler. Dostlukly döwletiň wekiliýet agzalarynyň ýurdumyzyň ylym-bilim, saglygy goraýyş, sport ulgamlaryna gözegçilik edýän wise-premýer bilen duşuşmagy medeni-ynsanperwer çygyrdaky türkmen-gruzin gatnaşyklarynyň giň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşmakda aýratyn ähmiýetli boldy. Şunda özara bilim maksatnamalaryny işläp düzmek, bilelikdäki ylmy gözlegleri alyp barmak we ylmy gollanmalary taýýarlamak, talyplaryňdyr mugallymlaryň özara alyş-çalşygyny üpjün etmek meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Mundan başga-da, Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň hem-de Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň ýolbaşçylarydyr professor-mugallymlary bilen duşuşyklar guralyp, olarda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň giň ugurlary dogrusynda pikir alşyldy. Şunda Gruziýanyň degişli ýokary okuw mekdepleri bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygy ýola goýmagyň, ylym-bilim ulgamynda türkmen-gruzin gatnaşyklaryny gyzyklanma bildirilýän giň ugurlarda ösdürmegiň, netijede ylmy diplomatiýany has-da ilerletmegiň wajyp ähmiýetine üns çekildi. Gruziýaly myhmanlar üçin ýörite medeni maksatnama hem taýýarlanylyp, saparyň çäklerinde paýtagtymyzdaky «Magtymguly Pyragy» medeni-seýilgäh toplumynda ýerleşýän gruzin şahyry Şota Rustawelliniň heýkeline gül goýmak dabarasy boldy. Munuň özi edebi gatnaşyklaryň taryhy kökleriniň umumydygynyň, halklarymyzda döredijilige, edebiýata ýokary sarpa goýulýandygynyň aýdyň beýany boldy. Saparyň dowamynda Türkmen halysynyň milli muzeýine gezelenç guralyp, myhmanlar medeni mirasymyzyň gymmatlyklary bilen ýakyndan tanyşdylar. Halkymyzyň milli buýsanjy hem-de dünýäde giňden meşhur bolan nepis halylarymyz dostlukly döwletiň wekiliýet agzalarynda uly gyzyklanma döretdi. Gruziýanyň wekiliýeti Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyzyň halkara başlangyçlaryna uly ornuň degişlidigini buýsanç bilen nygtap, «Dialog — parahatçylygyň kepili» filosofik ýörelgesi esasynda hoşniýetli gatnaşyklary işjeňleşdirýän, halkara hyzmatdaşlygyň netijeli ösdürilmegi üçin giň mümkinçilikleri döredýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkdagymyza hem-de hormatly Prezidentimize tüýs ýürekden sagbolsunlaryny beýan etdiler. Ylýas ŞYHYÝEW, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň Halkara žurnalistikasy fakultetiniň 2-nji ýyl talyby.
Türkmenistanda «Pearson Certiport» halkara synag merkezi açyldy
2026-njy ýylyň 1-nji sentýabrynda Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň täze binasynyň dabaraly açylyşynyň çäklerinde, Türkmenistanyň hormatly Prezidentiniň gatnaşmagynda institutda «Pearson Certiport» tarapyndan ygtyýarlandyrylan halkara synag merkeziniň döredilendigi baradaky güwänama gowşuryldy. Bu waka bilim ulgamynda türkmen-britan hyzmatdaşlygyny yzygiderli ösdürmek boýunça alnyp barylýan işleriň amaly netijesidir. Mälim bolşy ýaly, «Pearson» kompaniýasy bilen hyzmatdaşlyk boýunça gepleşikler 2025-nji ýylyň maý aýynda Londonda geçirilen «Education World Forum» çäresiniň dowamynda başlandy. Soňra, 2026-njy ýylyň fewral aýynda Türkmenistanyň Hökümet wekiliýetiniň Beýik Britaniýa amala aşyran iş saparynyň çäklerinde bilim ulgamyndaky hyzmatdaşlygy ösdürmäge gönükdirilen dört resminama gol çekildi. Şolaryň biri Türkmenistanyň Bilim ministrligi bilen «Pearson» kompaniýasynyň arasynda başarnyklary ösdürmek, sertifikatlaşdyrmak we hünär derejeleri babatda özara düşünişmek hakyndaky Ähtnama boldy. «Pearson Certiport» merkeziniň açylmagy bu hyzmatdaşlygyň ilkinji amaly netijeleriniň biridir. «Certiport» arkaly «Microsoft», «Adobe», «Autodesk», «Cisco», «Apple», «Intui»t, «Unity», «Project Management Institute» ýaly dünýä belli kompaniýalaryň we guramalaryň halkara derejede ykrar edilýän sertifikat synaglary geçirilýär. Bu merkeziň Türkmenistanda döredilmegi talyplara, mugallymlara we hünärmenlere halkara sertifikatlaryny ýurdumyzda almak üçin täze mümkinçilikleri açýar. Şeýle sertifikatlar anyk hünär başarnyklaryny tassyklaýar, uçurymlaryň bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyrýar hem-de olaryň halkara taslamalara gatnaşmagy we dünýä zähmet bazaryna çykmagy üçin goşmaça mümkinçilik döredýär. «Pearson Certiport» merkeziniň döredilmegi Türkmenistanyň hormatly Prezidentiniň milli bilim ulgamyny halkara bilim giňişligine işjeň goşmak, başarnyklary bahalandyrmagyň häzirki zaman gurallaryny ornaşdyrmak we täze nesliň bäsdeşlige ukyply hünärmenlerini taýýarlamak boýunça alyp barýan yzygiderli syýasatynyň aýdyň beýanydyr.
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow: -Türkmenistanyň bilim ulgamy hil taýdan täze derejä çykdy
1-nji sentýabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň hem-de Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň täze binalar toplumlarynyň açylyş dabarasynda çykyş etdi. Döwlet Baştutanymyz öz çykyşynda ylmy we bilimi hil taýdan täze derejä çykarmagyň döwlet syýasatynyň esasy ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýandygyny belledi. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Türkmenistanda bilim ulgamy yzygiderli kämilleşdirilýär, onuň maddy-enjamlaýyn binýady pugtalandyrylýar. Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzyň bilim ulgamynda öňdebaryjy ylmy gazananlary ornaşdyrmagyň, ýokary hünärli işgärleri taýýarlamagyň we bu ugurda halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmegiň möhümdigini nygtady. Döwlet Baştutanymyz paýtagtymyz Aşgabat şäherinde we Lebap welaýatynyň Türkmenabat şäherinde döwrebap bilim edaralarynyň ulanmaga berilmeginiň ýurtda durmuşa geçirilýän bilim özgertmeleriniň gerimini we üstünlikli amala aşyrylýandygyny aýdyň görkezýändigini hem belledi.
Перспективы туркмено-грузинского сотрудничества в сфере образования, науки и молодёжной политики
1 сентября 2026 года в здании Кабинета Министров Туркменистана состоялась встреча заместителя Председателя Кабинета Министров Туркменистана Батыра Маммедова с Министром образования, науки и молодёжи Грузии Гиви Миканадзе. Нынешний визит грузинской делегации в Туркменистан является продолжением диалога, состоявшегося в июле текущего года в Тбилиси в рамках официального визита Президента Туркменистана Сердара Бердымухамедова в Грузию. В ходе встречи было отмечено, что туркмено-грузинские отношения традиционно основываются на принципах дружбы и взаимного уважения. Особое место в двустороннем взаимодействии занимают образование, наука и молодёжная политика. Стороны обсудили вопросы расширения прямых связей между образовательными и научными учреждениями двух стран, практической реализации достигнутых договорённостей, развития академической мобильности, совместных образовательных и научных программ, а также обменов между преподавателями и студентами.Туркменская сторона проинформировала о проводимых в стране реформах в сфере высшего и общего среднего образования, внедрении цифровых технологий и возможностей искусственного интеллекта в образовательный процесс, развитии научно-исследовательской деятельности и укреплении взаимосвязи образования, науки, производства и рынка труда. Особое внимание было уделено расширению международного сотрудничества в сфере высшего образования, развитию прямых контактов между вузами, академической мобильности и совместных научно-исследовательских проектов. Грузинская сторона выдвинула ряд инициатив, направленных на дальнейшее развитие практического взаимодействия. В частности, было предложено расширять возможности для обучения туркменских студентов в высших учебных заведениях Грузии, организовать в Туркменистане образовательную выставку с участием грузинских вузов, рассмотреть возможности поддержки и финансирования совместных научных проектов, а также изучить вопрос открытия в Туркменистане филиала одного из высших учебных заведений Грузии. В сфере молодёжной политики стороны обсудили возможность организации взаимных летних лагерей в Туркменистане и Грузии, расширения студенческих обменов, проведения встреч молодых учёных и реализации совместных образовательных, научных и инновационных проектов. Стороны также подчеркнули важность активизации сотрудничества в рамках ранее подписанных двусторонних документов в сфере образования и последовательной реализации предусмотренных ими договорённостей. Отдельное внимание было уделено созданию туркмено-грузинской Рабочей группы по сотрудничеству в сфере образования. Предусматривается, что она будет действовать на уровне заместителей министров образования двух стран, рассматривать конкретные совместные инициативы и проекты, а также координировать реализацию достигнутых договорённостей. По итогам встречи стороны подтвердили готовность к дальнейшему развитию взаимовыгодного сотрудничества в области образования, науки и молодёжной политики, расширению прямых контактов между профильными учреждениями и реализации конкретных совместных инициатив. Встреча прошла в дружественной и конструктивной атмосфере. Министр образования, науки и молодёжи Грузии принял участие в церемонии открытия нового комплекса та Туркменского государственного архитектурно-строительного института 1 сентября 2026 года при участии Президента Сердара Бердымухамедова были торжественно открыты и введены в эксплуатацию новые комплексы зданий Туркменского государственного архитектурно-строительного института в Ашхабаде и Туркменского государственного педагогического института имени Сейитназара Сейди в Туркменабате. Грузинская делегация во главе с Министром образования науки и молодежи Грузии Гиви Миканадзе приняла участие в торжественной церемонии открытия нового комплекса Туркменского государственного архитектурно-строительного института. Он рассчитан на 5 тысяч студентов и включает 13-этажный главный корпус, восемь факультетов и двадцать восемь кафедр, библиотеку и конференц-зал. Кроме того, на территории кампуса имеется общежитие на 2600 мест, а также жилой корпус из двух зданий по 40 квартир в каждом для преподавателей Эти знаменательные события, совпавшие с широко отмечаемым в стране Днём знаний и студенческой молодёжи, стали очередным подтверждением успеха масштабной работы по развитию в соответствии с передовым опытом национальной системы образования, укреплению её материально-технической базы. Сегодня под мудрым руководством Президента Сердара Бердымухамедова получают достойное продолжение инициативы Национального Лидера туркменского народа, Председателя Халк Маслахаты Туркменистана Героя-Аркадага по комплексной модернизации научно-образовательной сферы Отчизны. К собравшимся с приветственной речью обратился Президент Туркменистана. Тепло поприветствовав собравшихся, глава государства сердечно поздравил участников церемонии и родной народ с замечательным праздником, а также с открытием современных учебных заведений. Как было подчёркнуто, комплексное развитие научно-образовательной сферы, её вывод на качественно новый уровень выступают в числе приоритетов государственной политики. После завершения церемонии Гиви Миканадзе встретилcя с Министром образования Туркменистана. На встрече стороны обсудили перспективы укрепления партнерства в сфере образования, в том числе вопросы сотрудничества между грузинскими университетами и Туркменского государственного архитектурно-строительного институтом. Министра сопровождали заместитель министра образования, науки и молодежи Грузии Звиад Габисония и Чрезвычайный и Полномочный Посол Грузии в Туркменистане Константин Сабиашвили.
Гиви Миканадзе принял участие в церемонии открытия нового комплекса Туркменского государственного архитектурно-строительного института
1 сентября 2026 года при участии Президента Сердара Бердымухамедова были торжественно открыты и введены в эксплуатацию новые комплексы зданий Туркменского государственного архитектурно-строительного института в Ашхабаде и Туркменского государственного педагогического института имени Сейитназара Сейди в Туркменабате. Грузинская делегация во главе с Министром образования науки и молодежи Грузии Гиви Миканадзе приняла участие в торжественной церемонии открытия нового комплекса Туркменского государственного архитектурно-строительного института. Он рассчитан на 5 тысяч студентов и включает 13-этажный главный корпус, восемь факультетов и двадцать восемь кафедр, библиотеку и конференц-зал. Кроме того, на территории кампуса имеется общежитие на 2600 мест, а также жилой корпус из двух зданий по 40 квартир в каждом для преподавателей Эти знаменательные события, совпавшие с широко отмечаемым в стране Днём знаний и студенческой молодёжи, стали очередным подтверждением успеха масштабной работы по развитию в соответствии с передовым опытом национальной системы образования, укреплению её материально-технической базы. Сегодня под мудрым руководством Президента Сердара Бердымухамедова получают достойное продолжение инициативы Национального Лидера туркменского народа, Председателя Халк Маслахаты Туркменистана Героя-Аркадага по комплексной модернизации научно-образовательной сферы Отчизны. К собравшимся с приветственной речью обратился Президент Туркменистана. Тепло поприветствовав собравшихся, глава государства сердечно поздравил участников церемонии и родной народ с замечательным праздником, а также с открытием современных учебных заведений. Как было подчёркнуто, комплексное развитие научно-образовательной сферы, её вывод на качественно новый уровень выступают в числе приоритетов государственной политики. После завершения церемонии Гиви Миканадзе встретилcя с Министром образования Туркменистана. На встрече стороны обсудили перспективы укрепления партнерства в сфере образования, в том числе вопросы сотрудничества между грузинскими университетами и Туркменского государственного архитектурно-строительного институтом. Министра сопровождали заместитель министра образования, науки и молодежи Грузии Звиад Габисония и Чрезвычайный и Полномочный Посол Грузии в Туркменистане Константин Сабиашвили.
Обсуждены перспективы туркмено-грузинского сотрудничества в сфере образования, науки и молодёжной политики
1 сентября 2026 года в здании Кабинета Министров Туркменистана состоялась встреча заместителя Председателя Кабинета Министров Туркменистана Батыра Маммедова с Министром образования, науки и молодёжи Грузии Гиви Миканадзе. Нынешний визит грузинской делегации в Туркменистан является продолжением диалога, состоявшегося в июле текущего года в Тбилиси в рамках официального визита Президента Туркменистана Сердара Бердымухамедова в Грузию. В ходе встречи было отмечено, что туркмено-грузинские отношения традиционно основываются на принципах дружбы и взаимного уважения. Особое место в двустороннем взаимодействии занимают образование, наука и молодёжная политика. Стороны обсудили вопросы расширения прямых связей между образовательными и научными учреждениями двух стран, практической реализации достигнутых договорённостей, развития академической мобильности, совместных образовательных и научных программ, а также обменов между преподавателями и студентами. Туркменская сторона проинформировала о проводимых в стране реформах в сфере высшего и общего среднего образования, внедрении цифровых технологий и возможностей искусственного интеллекта в образовательный процесс, развитии научно-исследовательской деятельности и укреплении взаимосвязи образования, науки, производства и рынка труда. Особое внимание было уделено расширению международного сотрудничества в сфере высшего образования, развитию прямых контактов между вузами, академической мобильности и совместных научно-исследовательских проектов. Грузинская сторона выдвинула ряд инициатив, направленных на дальнейшее развитие практического взаимодействия. В частности, было предложено расширять возможности для обучения туркменских студентов в высших учебных заведениях Грузии, организовать в Туркменистане образовательную выставку с участием грузинских вузов, рассмотреть возможности поддержки и финансирования совместных научных проектов, а также изучить вопрос открытия в Туркменистане филиала одного из высших учебных заведений Грузии. В сфере молодёжной политики стороны обсудили возможность организации взаимных летних лагерей в Туркменистане и Грузии, расширения студенческих обменов, проведения встреч молодых учёных и реализации совместных образовательных, научных и инновационных проектов. Стороны также подчеркнули важность активизации сотрудничества в рамках ранее подписанных двусторонних документов в сфере образования и последовательной реализации предусмотренных ими договорённостей. Отдельное внимание было уделено созданию туркмено-грузинской Рабочей группы по сотрудничеству в сфере образования. Предусматривается, что она будет действовать на уровне заместителей министров образования двух стран, рассматривать конкретные совместные инициативы и проекты, а также координировать реализацию достигнутых договорённостей. По итогам встречи стороны подтвердили готовность к дальнейшему развитию взаимовыгодного сотрудничества в области образования, науки и молодёжной политики, расширению прямых контактов между профильными учреждениями и реализации конкретных совместных инициатив. Встреча прошла в дружественной и конструктивной атмосфере.
«Ilkinji jaň»: salam, mekdep!
MARYDA Gadymy Mary topragynda täze — 2026-2027-nji okuw ýylynyň başlanmagy mynasybetli dabaralar Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe amala aşyrylýan bilim özgertmelerini şöhlelendirdi. Welaýatyň çägindäki umumybilim, orta hünär, ýokary okuw mekdepleriniň ählisinde baýramçylyk joşguny möwç urdy. Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynda, welaýatyň beýleki bilim ojaklarynda we 400-den gowrak umumybilim berýän orta mekdebinde täze okuw ýylynyň başlanmagyna bagyşlanan baýramçylyk dabaralary şatlyk-şowhuna beslendi. Aýdym-sazly, tansly çykyşlar aýratyn täsirli boldy. Ak mekdeplere birinji synpa kabul edilen bagtyýar körpeleriň 27 müň 605-sine döwlet Baştutanymyzyň, Gahryman Arkadagymyzyň adyndan öz ýurdumyzda öndürilen täze, döwrebap «Bilimli» atly noutbuk kompýuterleriniň sowgat berilmegi olaryň baýramçylyk şatlygyna şatlyk goşdy. Welmuhammet GALANDAROW.(Öz habarçymyz).
«Ilkinji jaň»: salam, mekdep!
LEBAPDA 2026-2027-nji okuw ýylynda welaýat boýunça körpeleriň 20 müň 674-si 1-nji synpa okuwa bardy. Olaryň ählisine hormatly Prezidentimiziň, Gahryman Arkadagymyzyň adyndan «Bilimli» atly noutbuklar gowşuryldy. Çärjew etrabynyň Hojaili geňeşliginiň Duruýap obasynda açylyp ulanmaga berlen 28-nji orta mekdebiň täze binasy birbada 400 okuwça bilim bermäge niýetlenendir. «Astana gurluşyk» hojalyk jemgyýeti tarapyndan bina edilen döwrebap bilim ojagy 3,5 gektar meýdany eýeleýär. Mekdepde 34 sany synp otagy bilen birlikde, dürli maksatly goşmaça otaglaryň 12-si, kompýuter we lingafon otaglarynyň her haýsyndan ikisi bar. Täze okuw ýylynda bu mekdebiň bosagasyndan körpeleriň 48-si ilkinji gezek bilimler dünýäsine gadam goýdy. Bilim ojagynda 33 mugallym ýaş nesle bilim-terbiýe berýär. Farap etrabynyň Garamyş geňeşliginiň Bozaryk obasyndaky 24-nji orta mekdebiň täze binasy-da 600 orunlyk bolup, 3 gektar meýdany eýeleýär. «Bäş nur» hojalyk jemgyýetiniň gurluşykçylary tarapyndan gurlan bilim ojagynda 44 sany synp, dört lingafon we iki kompýuter otagy bar. Lingafon otaglarynyň ikisiniň iňlis, ikisiniň bolsa rus dilini çuňňur öwrenmäge niýetlenmegi daşary ýurt dillerini özleşdirmek üçin oňaýly şert döredýär. Täze okuw ýylynda mekdebiň 1-nji synpyna 25 körpe kabul edildi. Bu ýerde 34 mugallym zähmet çekýär. Agageldi ITALMAZOW.(Öz habarçymyz).
«Ilkinji jaň»: salam, mekdep!
DAŞOGUZDA Bilimler baýramçylygynyň şanyna Daşoguz şäheriniň gözel künjegindäki welaýat kitaphanasynyň dabaralar meýdançasy toý lybasyna beslendi. Bu ýerdäki baýramçylyk çäresinde ylym-bilim ulgamynda amala aşyrylýan düýpli özgertmeleri wasp edýän buýsançly çykyşlara orun berildi. Welaýat merkeziniň «Gülüstan» şäherçesinde 240 orunlyk döwrebap çagalar bagynyň açylyş dabarasy ýatda galyjy, täsirli wakalara baý boldy. «Mäkäm» hususy kärhanasynyň işçi-hünärmenleri tarapyndan gurlan, iki gatdan ybarat täze binanyň lingafon otaglarynda körpelere döwrebap terbiýe bermek, mekdebe taýýarlaýyş toparlarynda ilkinji bilim esaslaryny öwretmek üçin zerur kompýuter enjamlary, multimedia tagtalary ornaşdyryldy. Desganyň giň howlusynda ýörite bassyrmalar, açyk asmanyň astyndaky howuz göz öňünde tutuldy. Bu ýerde 1,5-den 6 ýaşa çenli bolan çagalaryň 12 topary hereket eder. Demirgazyk sebitde 532 sany orta mekdebiň gapysyndan alty ýaşly çagalaryň 27 müňe golaýy gadam goýdy. «Bilimli» atly öwrediji noutbuklar körpeleri bilimler dünýäsinde täze belentliklere alyp gider. Olaryň gunduz ýaly arassa okuw otaglarynda ilkinji sapaklar täsirliligi bilen tapawutlandy. Amanmyrat SAPAROW.(Öz habarçymyz).
«Ilkinji jaň»: salam, mekdep!
BALKANDA Täze okuw ýylynda Hazarýaka sebitiň ak mekdeplerinde 9 müňden gowrak çaga birinji synpa gadam goýdy. Olaryň her biri özlerine gowşurylan «Bilimli» atly noutbugy hormatly Prezidentimiziň, Milli Liderimiziň baýramçylyk sowgady hökmünde kabul etdiler. Şu okuw ýylynda Balkanda 165 sany umumybilim edarasynda 7 müňden gowrak mugallym 130 müňden gowrak çaga bilim-terbiýe berer. Bilim işgärleriniň 500-den gowragy ilkinji gezek zähmet ýoluna başlan ýaş mugallymlardyr. 173 sany mekdebe çenli çagalar edarasynda 1 müň 628 terbiýeçi 22 müň 717 çaga terbiýe berer. 3 sany mekdepden daşary edara, 11 sany çagalar we ýetginjekler döredijilik öýi hereket eder. Çagalar we ýetginjekler döredijilik öýlerinde 405 topar, 107 gurnak ýolbaşçysy işlär. Şeýle-de olarda 5 müňden gowrak çaga 37 ugur boýunça hünär öwrener. Arazguly HUDAÝGULYÝEW.(Öz habarçymyz).
«Ilkinji jaň»: salam, mekdep!
AHALDA Gökdepe etrabynyň Yzgant şäherçesinde ýerleşýän Berdimuhamet Annaýew adyndaky ýöriteleşdirilen 27-nji orta mekdepde welaýatyň dürli ýerinden gelen okuwçylar hem-de bilim işgärleri, ilki bilen, Milli Liderimiziň atasy, hormatly Prezidentimiziň garry atasy Berdimuhamet Annaýewiň nurana ýadygärligine ter gül desselerini goýdular. Bilim ojagyndaky muzeý bilen tanyşlyk hem olarda ýakymly täsirleri döretdi. Täze, 2026-2027-nji okuw ýylynyň başlanýandygyny alamatlandyrýan dabaralar welaýatdaky umumybilim berýän mekdepleriň 243-sinde hem şatlyk-şowhuna beslendi. Welaýat boýunça şu ýyl ilkinji gezek ak mekdepleriň bosagasyndan ätlän 6 ýaşly çagalaryň 18 müňe golaýyna «Bilimli» atly noutbuk kompýuterleriniň gowşurylmagy olaryň şatlygyny artdyrdy. Welaýatyň bilim-terbiýeçilik edaralarynda işe başlan 900-den gowrak ýaş hünärmeniň durmuşynda-da şanly sene aýratyn ähmiýete eýe boldy. Gökdepe etrabynyň T.Baýramdurdyýew geňeşliginiň Gökdepe obasynda 2 gatly, 960 orunlyk orta mekdebiň açylyp ulanmaga berilmegi bilimler baýramçylygyna özboluşly sowgat boldy. Onuň gurluşyk işleri «Şadyýan gurluşyk» hojalyk jemgyýetiniň gurluşykçylary tarapyndan ýerine ýetirildi. Tejen etrabynyň Garaşsyzlyk geňeşliginde «Hyrydar» hususy kärhanasy tarapyndan gurluşygy alnyp barlan 320 orunlyk täze çagalar bagy-da körpe nesle gapylaryny giňden açdy. Aýdo ŞEKEROW.(Öz habarçymyz).
«Ilkinji jaň»: salam, mekdep!
ARKADAG ŞÄHERINDE «Akylly» şäherde günüň ilkinji wakalary Berdimuhamet Annaýew adyndaky Arkadag şäher mugallymçylyk orta hünär okuw mekdebinde ilhalar ynsan, ussat mugallym, edermen esger Berdimuhamet Annaýewiň heýkeline gül desselerini goýmak çäresi bilen başlandy. Mekdep okuwçylarynyň gatnaşmagynda geçirilen bu çäre mugallymçylyk kärine, bilim-terbiýe işine, halypa-şägirt ýörelgesine goýulýan hormatyň nyşanyna öwrüldi. Soňra Arkadag şäheriniň umumybilim berýän mekdeplerinde 2026-2027-nji okuw ýylynyň başlanmagy hem-de Bilimler we talyp ýaşlar güni mynasybetli «Ilkinji jaň» dabaralary geçirildi. Bilimler dünýäsine ilkinji gezek gadam basan 650-ä golaý 1-nji synp okuwçysyna hormatly Prezidentimiziň hem-de Milli Liderimiziň adyndan «Bilimli» atly noutbuklaryň gowşurylmagy olarda egsilmez şatlyk döretdi. Ilkinji okuw sapaklarynyň «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» şygary bilen geçilmegi ýaş nesliň Watana söýgüsini, bilim almaga höwesini has-da berkitdi. Maksatmyrat ÇARYÝEW.(Öz habarçymyz).
«Ilkinji jaň»: salam, mekdep!
Diýarymyzda täze okuw ýylyna guramaçylykly girişildi Altyn güýzüň ilkinji gününde ýurdumyzyň çar künjeginde ýaýbaňlandyrylan «Ilkinji jaň» dabaralary hemmeler, aýratyn-da, 1-nji synpa gadam goýan çagalar üçin tolgundyryjy boldy. Umumybilim, orta hünär we ýokary okuw mekdeplerini Bilimler we talyp ýaşlar gününiň toý ruhy gurşap aldy. 2026-2027-nji okuw ýylynyň başlanmagy mynasybetli täze bilim ojaklarynyň döwrebap binalarynyň açylyp ulanmaga berilmegi baýramçylygyň şatlyk-şowhunyny has-da artdyrdy. Joşgunly dabaralar Döwlet senamyzyň ýaňlanmagy bilen başlandy. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň täze okuw ýyly mynasybetli ýurdumyzyň mekdep okuwçylaryna, talyp ýaşlaryna, mugallymlaryna we ähli bilim işgärlerine iberen Gutlagy dabaralara gatnaşyjylaryň ruhuny has-da belende göterdi. Ilkinji okuw sapagynyň «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» mowzugynda geçirilmegi ýaş türkmenistanlylaryň beýik döwre buýsanjyny artdyrdy. AŞGABATDA Baş şäherimizde täze okuw ýylyna ýokary taýýarlykly hem-de ruhubelentlikde girişildi. Döwrebap umumybilim ojaklarynda güýzüň ilkinji säheri aýdym-sazlar, buýsançly gutlaglar bilen garşylanyldy. Paýtagtymyzyň ak mekdeplerinde şu okuw ýylynda 213 müň 361 okuwçy bilim alar. Olaryň arasynda 1-nji synpa kabul edilen 17 müň 145 okuwça Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň, Gahryman Arkadagymyzyň adyndan noutbuk kompýuterleriniň gowşurylmagy has-da ýatda galyjy boldy. Aşgabatda 2026-2027-nji okuw ýylynda bilim edaralarynyň 346-sy, şol sanda mekdebe çenli çagalar edaralarynyň 193-si, orta mekdepleriň 148-si, mekdepden daşary edaralaryň 5-si hereket eder. Ýöriteleşdirilen orta mekdepleriň 52-sinde daşary ýurt dilleri, tebigy, takyk, ynsanperwerlik, maglumat tehnologiýalary we programmirlemek, kiberhowpsuzlyk ugurlary çuňlaşdyrylyp öwrediler. Orta hünär we ýokary okuw mekdeplerini tamamlan uçurymlardan jemi müňe golaý ýaş mugallym bilim edaralarynda ilkinji zähmet ýoluna başlady. Toýly MUHAMMETDURDYÝEW.«Türkmenistan».
Goşa şatlygyň bagtyýarlygy
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň ylym-bilim ulgamy deňsiz-taýsyz ösüşleri bilen guwandyrýar. “Bilimler we talyp ýaşlar güni” mynasybetli geçirilen dabaralara halkymyzyň uly ruhubelentlik bilen gatnaşmagy hem muňa aýdyň mysaldyr. Garaşsyzlyk ýolundan ynamly öňe barýan ýurdumyzda nesil sagdynlygy, halkyň abadançylygy we durmuş üpjünçiligi barada gaýragoýulmasyz çäreler amala aşyrylýar. Gün-günden abraýy artýan ata Watanymyz halkyň hal-ýagdaýyny gowulandyrmak boýunça alnyp barylýan maksatnamalary durmuşa ornaşdyrýar. Bu zatlaryň barysy ösüp gelýän ýaş nesliň ylymly-bilimli, giň dünýägaraýşy, beden we ruhy taýdan sagdyn kemala gelmegine gönükdirilýär. Çünki, abadan durmuşda ýaýnaýan neslimiziň bilim alyp, ylym öwrenmekligi, milli däpleri dowam etdirip, dünýäniň ösen siwilizasiýasyna goşulmagy mähriban Watanymyzyň beýik geljegini gurujylaryň şu günki baş wezipesi bolup durýar. Ýurdumyzda ýaş nesil barada edilýän alada bimöçberdir. Ähli mümkinçilikleri döredip goýlan mekdepler, döwrebap çagalar baglary, merkezleşen gory baý kitaphanalar, dynç alyş we sagaldyş merkezleri bu aladalaryň gözbaşydyr. “Bilimler we talyp ýaşlar güni” mynasybetli Lebap welaýatynyň Çärjew etrabynyň Hojaili geňeşliginiň Duryýap obasynda 400 orunlyk, Farap etrabynyň Bozaryk geňeşliginiň Garamyş obasynda 600 orunlyk orta mekdepleriň açylmagy çagalaryň baýramçylyk şatlygyny goşalandyrdy. Asuda asmanyň astynda, parahat Watanda okap, bilim alýan nesilleriň ähli mümkinçikleri döredilen ak mekdeplerde “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany” ýylynda täze okuw ýylyna başlamagy bagtyýarlygyň çür başy boldy. Täze okuw ýylyny başlaýan çagalaryň öňünde hormatly il ýaşululary we kümüş saçly enelerimiz gutlag sözleri bilen çykyş etdiler, bagtyýar zamanada bilim alýan ýaşlaryň geljekde hakyky watançy, zähmetsöýer nesiller bolup ýetişmeklerini arzuw etdiler. Dabaranyň dowamynda welaýatymyzyň medeniýet işgärleri aýdym-sazly çykyşlary bilen gatnaşyjylaryň göwünlerini hoşladylar. Soňra döwrebap mekdep binasynyň gurluşygynda tapawutlanan gurluşykçylara Hormatly Prezidentimiziň adyndan gymmat bahaly sowgatlar gowşuryldy. Täze okuw ýylynyň başlanmagy mynasybetli geçirilen ilkinji jaň dabarasyna täze mekdebe ilkinji gezek gadam basan okuwçylaryň kalbynda ýatdan çykmajak täsirleri galdyrdy. Olar Hormatly Prezidentimiziň adyndan gowşurylan “Bilimli” noutbuk kompýuterleri uly joşgun bilen kabul etdiler. Soňra myhmanlar mekdep binasynyň döwrebap enjamlaşdyrylan okuw otaglaryna aýlandylar. Täze mekdebiň açylyş dabarasyna gatnaşyjylar abadan durmuş we ak mekdeplerde bilim almaga döredip berýän mümkinçilikleri üçin türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza we Arkadagly Gahryman Serdarymyza ýürek alkyşlaryny beýan etdiler. Lebap welaýat Baş bilim müdirliginiň umumy orta bilim bölüminiň baş hünärmeni Mähri Hudaýberdiýewa
“1-nji Sentýabr – Bilimler we talyp ýaşlar güni” mynasybetli Ilkinji okuw sapagy geçirildi
2026-njy “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany” ýylynyň 1-nji sentýabrynda giňden bellenilýän “Bilimler we talyp ýaşlar güni” Mary welaýat maliýe-ykdysady orta hünär okuw mekdebinde şatlykly we dabaraly ýagdaýda giňden bellenildi. Şeýle hem täze 2026-2027-nji okuw ýylynyň başlanmagy mynasybetli orta hünär okuw mekdebiniň talyp ýaşlarynyň arasynda “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany” ady bilen ilkinji okuw sapagy guramaçylykly ýagdaýda geçirildi. 2026-njy ýylyň birinji ýarymy ýurdumyz we halkymyz üçin taryhy ähmiýetli buýsançly hem-de guwançly wakalara baý boldy. Ilkinji okuw sapagynyň dowamynda orta hünär okuw mekdebiniň mugallymlary Watanyň beýik geljegi, halkyň ykbaly ugrunda ýokary jogapkärçilik duýgusyna eýe bolan päk ahlakly, hakyky watansöýüji nesilleriň kemala gelmegine, şeýle hem jemgyýetimizde ylmyň we bilimiň gymmatynyň has-da artmagyna oňyn täsiri barada aýratyn belläp geçdiler. Okuw sapagynyň ahyrynda oňa gatnaşyjylar Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş hem-de hoşallyk sözlerini beýan etdiler. Mary welaýat maliýe-ykdysady orta hünär okuw mekdebi
BILIMLER WE TALYP ÝAŞLAR GÜNI
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň amala aşyrýan il-ýurt bähbitli, durmuş-ähmiýetli işleriniň netijesinde ýaş nesil hakynda edilýän aladalar döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň birine öwrüldi. Bedew bady bilen öňe barýan asuda, parahat Watanymyzyň rowaçly menzilleri dünýä ýaň salýar. Biz muny ýurdumyzyň ähli ulgamlarynda gazanylan ägirt uly işlerde görýäris. Jemgyýetimiziň ýaşaýyş-durmuş şertleri ýokarlanyp, ösüp gelýän ýaş nesillerimiziň bilim almak mümkinçiliginiň döredilmegi aýratyn bellärliklidir. Ýurdumyzyň orta okuw mekdeplerinde, başlangyç hünär, orta hünär we ýokary hünär bilim ojaklarynda dünýäniň ösen döwrebap okuw tehniki enjamlary we täze tehnologiýalary ornaşdyrylyp, okatmagyň innowasion usulyýeti giňden peýdalanylyp ýaşlara bilim berilýär. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda Garaşsyz, baky Bitarap Watanymyz ähli ugurlarda uly ösüşlere beslenýär. Şol sanda, ylym-bilim ulgamynda hem şanly menzillere, ajaýyp üstünliklere eýe bolýar. Munuň özi ýurdumyzda ýaş nesilleriň ylymly-bilimli, sagdyn, ruhubelent hünärmenler, kämil şahsyýetler bolup ýetişmegi babatda döwlet derejesinde edilýän taýsyz tagallalaryň guwandyryjy netijeleridir. Eziz Diýarymyzda her ýylyň 1-nji sentýabrynda “Bilimler we talyp ýaşlar” gününiň dabarasy belende göterilýär. Bu günde bilim basgançagyna täze gadam basan körpelerimiziň, talyp ýaşlarymyzyň durmuşynda ýatdan çykmajak, kalbynda orun alan arzuwunyň şatlygy bolup baky ýaňlanýar. Ynsan kalbyndaky mukaddes Watanyňa bolan söýgi, mähir bilen gurşalýar. Ir säher bilen Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň Bilim daragty meýdançasynda Bilimler we talyp ýaşlar güni hem-de täze okuw ýylynyň başlanmagy mynasybetli baýramçylyk dabarasy geçirildi. Baýramçylyk dabarasynda Türkmenistanyň Çuňňur Hormatlanylýan Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň täze okuw ýylynyň başlanmagy mynasybetli Türkmenistanyň mekdep okuwçylaryna, talyp ýaşlaryna, mugallymlaryna we bilim işgärlerine iberen Gutlagy okaldy. Mugallymlaryň we talyplaryň adyndan Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza hoşallyk sözleri aýdyldy. Uniwersitetiň 1-nji ýyl talyplaryna talyplyk şahadatnamalary gowşuryldy. Dabaranyň dowamynda uniwersitetiň “Gara altyn” çeper höwesjeňler toparynyň çykyşlary dabaranyň şowhunyny has-da artdyrdy. Soňra, Türkmenistanyň Döwlet Baýdagyna tagzym edip, talyp ýaşlar «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany ýyly» atly ilkinji okuw sapagyna gadam basdylar. Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersiteti
Dabaraly çäre geçirildi
2026-njy ýylyň sentýabr aýynyň 1-na Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynda 2026-2027-nji okuw ýylynyň başlanmagy, 1-nji sentýabr – Bilimler we talyp ýaşlar güni mynasybetli dabaraly çäre geçirildi. Dabaraly çäräniň başynda Türkmenistanyň Döwlet senasy ýerine ýetirildi. Soňra bolsa, çuňňur hormatlanylýan Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Bilimler we talyp ýaşlar güni mynasybetli Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň mekdep okuwçylaryna, talyp ýaşlaryna, mugallymlaryna we bilim işgärlerine iberen gutlagy okaldy. Dabaranyň dowamynda 1-nji sentýabr – Bilimler we talyp ýaşlar güni mynasybetli birnäçe çykyşlar, gutlaglar hem-de ýürek buýsançlar diňlenildi. Dabaraly çäräniň dowamynda institutyň ruhubelent talyplarynyň ýerine ýetirmeklerinde Watanymyzy, Türkmen halkynyň Milli Liderimiz Gahryman Arkadagymyzy, Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzy wasp edýän birnäçe aýdymlara we tanslara tomaşa edildi. Soňra, ilkinji jaň kakylyp, 1-nji ýyl talyplar Döwlet baýdagyna tagzym edip, 2026-2027-nji okuw ýylynyň «Garaşsyz baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany ýyly» atly ilkinji okuw sapagyna gatnaşdylar. Dabaranyň ahyrynda oňa gatnaşyjylar türkmen halkynyň ylym-bilim dünýäsini halkara giňişlikde tanatmakda alyp barýan ägirt uly işleri üçin türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş hem-de hoşallyk sözleri aýtdylar. Türkmenistanyň Döwlet energetika instituty
Türkmenistan bilen Gruziýanyň arasynda bilim, ylym we ýaşlar syýasaty boýunça hyzmatdaşlygyň geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy
2026-njy ýylyň 1-nji sentýabrynda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň binasynda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary Batyr Mämmedowyň Gruziýanyň bilim, ylym we ýaşlar ministri Giwi Mikanadze bilen duşuşygy geçirildi. Gruzin wekiliýetiniň Türkmenistana amala aşyrýan häzirki sapary şu ýylyň iýul aýynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Gruziýa amala aşyran resmi saparynyň çäklerinde Tbilisi şäherinde geçirilen ýokary derejedäki gepleşikleriň dowamy bolup durýar. Duşuşykda Türkmenistan bilen Gruziýanyň arasyndaky däp bolan dostlukly we özara hormat goýmak ýörelgelerine esaslanýan gatnaşyklaryň yzygiderli ösdürilýändigi bellenildi. Bilim, ylym we ýaşlar syýasaty iki ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlygyň möhüm ugurlarynyň hatarynda görkezildi. Taraplar bilim we ylym edaralarynyň arasynda göni gatnaşyklary giňeltmek, gazanylan ylalaşyklary iş ýüzünde durmuşa geçirmek, akademiki alyş-çalyşlary, bilelikdäki bilim we ylmy maksatnamalary, mugallymlaryň we talyplaryň tejribe alyşmaklaryny ösdürmek meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar. Duşuşygyň dowamynda Türkmenistanda ýokary we umumy orta bilim ulgamynda amala aşyrylýan özgertmeler, sanly tehnologiýalary we emeli aňyň mümkinçiliklerini bilim işine ornaşdyrmak, ylmy-barlag işlerini ösdürmek, şeýle hem bilim, ylym, önümçilik we zähmet bazarynyň arasyndaky arabaglanyşygy pugtalandyrmak boýunça alnyp barylýan işler barada maglumat berildi. Ýokary bilim ulgamynda halkara hyzmatdaşlygy giňeltmäge, ýokary okuw mekdepleriniň arasynda göni gatnaşyklary ösdürmäge, akademiki hereketliligi we bilelikdäki ylmy-barlag taslamalaryny işjeňleşdirmäge aýratyn ähmiýet berildi. Gruzin tarapy hyzmatdaşlygy has-da giňeltmäge gönükdirilen birnäçe başlangyçlary öňe sürdi. Hususan-da, türkmen ýaşlarynyň Gruziýanyň ýokary okuw mekdeplerinde bilim almaklary üçin mümkinçilikleri giňeltmek, Türkmenistanda Gruziýanyň ýokary okuw mekdepleriniň bilim sergisini geçirmek, bilelikdäki ylmy taslamalary goldamak we maliýeleşdirmek, şeýle hem Gruziýanyň ýokary okuw mekdepleriniň biriniň Türkmenistanda şahamçasyny açmak mümkinçiligini öwrenmek teklip edildi. Ýaşlar hyzmatdaşlygynyň çäklerinde iki ýurtda gezekleşip geçiriljek tomusky lagerleri guramak, talyp alyş-çalyşlaryny, ýaş alymlaryň duşuşyklaryny hem-de bilelikdäki bilim, ylmy we innowasion taslamalary ösdürmek meseleleri hem ara alnyp maslahatlaşyldy. Taraplar ozal gol çekilen ikitaraplaýyn resminamalaryň çäklerinde hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmegiň we olarda göz öňünde tutulan ylalaşyklary yzygiderli durmuşa geçirmegiň möhümdigini nygtadylar. Şeýle hem bilim ulgamynda hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-gruzin Iş toparynyň döredilmeginiň ähmiýeti bellenildi. Onuň iki ýurduň bilim ministrleriniň orunbasarlarynyň derejesinde hereket etmegi, bilelikdäki başlangyçlary we taslamalary ara alyp maslahatlaşmagy hem-de gazanylan ylalaşyklaryň durmuşa geçirilmegini utgaşdyrmagy göz öňünde tutulýar. Duşuşygyň jemleri boýunça taraplar bilim, ylym we ýaşlar syýasaty ulgamlarynda özara bähbitli hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge, göni gatnaşyklary giňeltmäge we anyk bilelikdäki başlangyçlary durmuşa geçirmäge taýýardyklaryny tassykladylar. Duşuşyk dostlukly we özara düşünişmek ýagdaýynda geçdi. Türkmenistanyň Bilim ministrligi
Bilimiň milli nusgasy: döwrebap ösüşleri hereketlendiriji güýç
Bilim hem-de terbiýe örän möhüm pedagogik wezipe bolmak bilen birlikde, tutuş adamzat barlygyny, halklaryň dowamatlylygyny üpjün edýär. Gadymy döwürlerden bäri bu iki düşünje biri-biri bilen aýrylmaz baglanyşykly bolup, şahsyýetiň kemala gelmeginde we siwilizasiýalaryň ösmeginde kesgitleýji orny eýeläpdir. Dünýä taryhyna, şol sanda Watanymyzyň geçmişine ser salanymyzda, bilimiň, ylmyň, medeniýetiň we sungatyň galkynyşynyň ýaş nesle berilýän bilime, siňdirilýän terbiýä hem-de tejribä bagly bolandygyny görýäris. Bilim ynsana dünýäni tanamaga, ylmyň we tehnikanyň gazananlaryny özleşdirmäge, maddy gymmatlyklary döretmäge, terbiýe bolsa alnan bilimiň haýyrly maksatlara gönükdirilmegini hem-de geljekki nesillere geçirilmegini üpjün edýär. Şu nukdaýnazardan, hormatly Prezidentimiziň hem-de türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň beýik başlangyçlary bilen Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe jemgyýetimiziň has-da kämilleşdirilmeginiň, döwletimiziň kuwwatlylygynyň yzygiderli artdyrylmagynyň binýady hökmünde ýurdumyzda bilimi, terbiýäni toplumlaýyn esasda ösdürmäge aýratyn ähmiýet berilýär. Hormatly Prezidentimiziň alyp barýan ösüş strategiýasyna laýyklykda, 2025-2026-njy okuw ýylynda milli bilim ulgamynyň maddy-tehniki binýadynyň has-da pugtalandyrylmagy, ýaş nesliň milli we dünýäniň öňdebaryjy tejribelerini özünde jemleýän döwrebap şertlerde sagdyn ösmegini, okamagyny, öwrenmegini üpjün etmek bilen bagly meselelere döwlet derejesinde aýratyn üns berildi. Milli maksatnamalara, konsepsiýalara, strategiýalara laýyklykda, çagalar baglarynda, orta mekdeplerde, hünär-tehniki, orta hünär, ýokary hünär bilimi edaralarynda bilim işini nazaryýet we tejribe taýdan kämilleşdirmek ugrundaky işler guramaçylykly alnyp baryldy. Bilim işinde okatmagyň öňdebaryjy usullary giňden ulanyldy, okuw-usuly toplumlar taýýarlanyldy. Hormatly Prezidentimiziň degişli Karary bilen, «Türkmenistanda ýokary hünär bilimini ösdürmegiň 2026 — 2052-nji ýyllar üçin Strategiýasy» tassyklanylyp, ýokary hünär bilimini ösdürmegiň täze tapgyryna badalga berildi. Ýurdumyzyň çagalar baglarynda, orta mekdeplerinde, hünär-tehniki, orta hünär, ýokary hünär bilimi edaralarynda bilim işini nazaryýet we tejribe taýdan kämilleşdirmek ugrundaky işler guramaçylykly alnyp baryldy. Bilim işinde okatmagyň öňdebaryjy usullary giňden ulanyldy, okuw-usuly toplumlar taýýarlanyldy. Okuwçy, talyp ýaşlar halkara bilim bäsleşiklerine işjeň gatnaşyp, uly üstünlikleri gazandylar. Nazary bilimler, tejribeler, başarnyklar, endikler esasynda mugallymlaryň ussatlyklary ýokarlandyryldy. «Salam, mugallym!» atly telegepleşik arkaly öňdebaryjy mugallymlaryň döwrebap iş usullary baradaky gymmatly maglumatlar halk köpçüligine ýetirildi. Geçen okuw ýylynda ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleri tarapyndan ykdysadyýet, makroykdysadyýet, dünýä ykdysadyýeti, maliýe, filosofiýa, ekologiýa, iňlis dili, nazary mehanika, materiallaryň garşylygy, çyzuwly geometriýa we inžener grafikasy, himiýa, biologiýa, informatika, matematika dersleri boýunça halkara olimpiadalaryň, şeýle hem halkara ylmy-amaly maslahatlaryň 42-si geçirildi. Mekdep okuwçylarynyň arasynda III halkara matematika olimpiadasy geçirilip, türkmenistanly hem-de daşary ýurtly zehinli ýaş matematikler ýüze çykaryldy. Mälim bolşy ýaly, Ýakyn we Orta Gündogar, Kiçi Aziýa ülkelerinde esaslandyrylan türkmen döwletlerinde hökümdarlar tarapyndan berlen uly goldawlar ylymlaryň we bilimleriň, medeniýetleriň hem-de sungatlaryň ösmegine getiripdir. Beýik Seljuk döwletiniň meşhur weziri Nyzamylmülk tarapyndan Alp Arslan we Mälik şanyň goldawy bilen Bagdatda, Nişapurda we beýleki şäherlerde häzirki zamanyň uniwersitetleriniň ilkinji nusgasy hasaplanylýan Nyzamyýe atly medreseler gurlupdyr, talyplaryň ýaşaýyş üçin çykdajylary döwlet we wakf emläkleri tarapyndan üpjün edilipdir. Dünýäniň dürli künjeklerinden meşhur alymlar hem-de halypalar köşklere çagyrylyp, olaryň işlemegi we nesil terbiýelemegi üçin ähli şertler döredilipdir. Omar Haýýam, Abu Aly ibn Sina, Gazaly, Horezmi ýaly dünýä belli alymlar seljuk we horezmşa hökümdarlarynyň penasynda we goldawynda dünýä meşhur eserlerini ýazypdyrlar. Gadymy ýunan, hindi we pars dillerindäki köp sanly ylmy, şol sanda terbiýe beriji pedagogik mazmunly kitaplar soltanlaryň emri bilen terjime edilip, ylym hazynasyna goşulypdyr. Bu asylly ýörelgeler esasynda dünýä meşhur şahsyýetler, halypa-şägirtlik mekdepleri kemala gelip, ylymlaryň we bilimleriň ösüşine ägirt uly goşantlar goşulypdyr. Arkadagly Gahryman Serdarymyz milli bilim ulgamynyň, professor-mugallymlaryň, talyp ýaşlaryň, mekdep okuwçylarynyň Howandary hem Halypasydyr. 2025-nji ýylyň 15-nji dekabrynda hormatly Prezidentimiziň gatnaşmagynda Olimpiýa şäherçesinde halkara bäsleşiklerde we sport ýaryşlarynda ýeňiji bolan ýaşlarymyzyň, olaryň halypalarynyň sylaglanylmagy müňýyllyklardan gözbaş alýan ynsanperwer dessurlarymyzy, şeýle hem halypa-şägirtlik ýörelgelerimizi dabaralandyrdy. Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň akademigi, ykdysady we syýasy hünärler boýunça professor hormatly Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň beýik başlangyçlary hem-de hemaýat-goldawlary bilen ýurdumyzyň ylmy-barlag institutlary bilen birlikde, ýokary hünär bilimi edaralarynda, ylmy-tehnologik, ylmy-kliniki hem-de ylmy-taslama merkezlerinde ylmyň we işläp taýýarlamalaryň ileri tutulýan ugurlary boýunça köpugurly düýpli ylmy barlaglar alnyp barylýar. Ylmyň we bilimiň mümkinçiliklerini parahatçylygyň we dostlugyň bähbitlerine gönükdirmek bilen, Uzak Gündogar, Ýuwaş umman we Aziýa sebitleriniň, Orta we Ýakyn Gündogar, Ýewropa we Amerika döwletleriniň ylym we bilim merkezleri, halkara we sebit guramalary bilen hyzmatdaşlygyň ýaýrawy has-da giňeldilýär. Ýurdumyzda ylmy-amaly maslahatlar, sergiler, forumlar, bäsleşikler ýokary derejede geçirilip, ylymda we bilimde gazanylanlar bütin dünýä ýaýylýar. Munuň özi milli bilim ulgamyny ösdürmek ugrunda amala aşyrylýan strategiýanyň milli köklere we adamzat gymmatlyklaryna, taryhy tejribä, köpasyrlyk ylmy we medeni dessurlara daýanýandygyny, ösüşe hem-de geljege gönükdirilendigini ykrar edýär. Bu nusgalyk işler bilim ulgamynyň işgärlerini has-da gujur-gaýratly zähmet çekmäge, geljegimiz bolan bagtyýar ýaşlarymyzy ylym-bilim öwrenmäge ruhlandyrýar. 2026-2027-nji täze okuw ýylynda hormatly Prezidentimiziň milli bilim ulgamyny özgertmek boýunça strategik wezipelerine laýyklykda bilim we terbiýe işi esasy ugurlar boýunça alnyp barlar. Birinji ugur hökmünde irki çagalyk bilimi — mekdebe çenli döwürde sözleýiş, pikirleniş, döredijilik, sosial başarnyklaryň ösdürilmegine aýratyn ähmiýet berler. Türkmen halky perzent terbiýesine sallançakdan başlaýar. Maşgala milli häsiýetiň gözbaşy, sallançak bolsa kämilligiň ilkinji mekdebidir. Çaganyň aň we ruhy taýdan kemala gelmeginde hüwdüleriň, ertekileriň, rowaýatlaryň, nakyllaryň, pederlerimizden gelýän asylly terbiýeçilik kadalarynyň orny ýokarydyr. Täze okuw ýylynda mekdebe çenli bilim edaralary bilen maşgalanyň arasyndaky baglanyşygy pugtalandyrmak, ata-eneleriň çagalar baglarynyň durmuşyna has-da işjeň gatnaşmagyny üpjün etmek, maşgala terbiýesi bilen çagalar baglarynyň pedagogik usullaryny utgaşdyrmak esasy wezipeleriň biri bolar. Körpeleriň döredijilikli we logiki pikirlenme endikleri, sözleýiş ukyby hem-de baý dil gory, jemgyýetçilik gurşawyna uýgunlaşmak başarnygy interaktiw usullar, sanly akyl oýunlary, innowasion görkezme gollanmalary arkaly yzygiderlilikde ösdüriler. Ikinji ugur hökmünde bilim we terbiýe işinde milli pedagogik mirasa daýanylar. «Oguznama», «Kitaby dädem Gorkut», «Görogly» ýaly dünýä belli gahrymançylykly eposlardaky, «Zöhre — Tahyr», «Şasenem — Garyp», «Ýusup — Ahmet», «Nejep oglan» dessanlaryndaky, Döwletmämmet Azady, Nurmuhammet Andalyp, Magtymguly Pyragy, Gurbanaly Magrupy, Şabende, Seýitnazar Seýdi, Gurbandurdy Zelili, Kemine, Mollanepes, Mätäji ýaly beýik akyldarlaryň baý mirasyndaky ynsanperwerlik, watansöýüjilik, ahlak terbiýesine dahylly garaýyşlary häzirki zaman pedagogikasynyň gymmatlyklary bilen sazlaşykly utgaşdyrylar. Gorkut ata özüniň dana pelsepesi we pähim-paýhasy arkaly atanyň perzendiniň öňündäki, ogluň pederiniň öňündäki, ulynyň kiçiniň, kiçiniň ulynyň, şeýle-de erkek adamlaryň gelin-gyzlaryň öňündäki mukaddes borçlary hem-de edepleri barada örän gymmatly öwüt-nesihatlaryny miras galdyrypdyr. «Kitaby dädem Gorkut» eposyndaky maşgala agzalarynyň özara sylag-hormaty, nesilleriň arabaglanyşygy we maşgala mukaddesligi milli terbiýäniň kämil mekdebi hökmünde şöhlelendirilip, ýaşlaryň aňyna gahrymançylyk, ulyny sylamak, kiçini ezizlemek ýaly mukaddes duýgulary terbiýeleýär. XI-XII asyrlarda ýaşan beýik türkmen alymy Mahmyt Zamahşary «Altyn halkalar» atly kitabynda «Bilim kyndyr, sowatsyzlyk bolsa ondanam kyndyr» diýen pelsepesi arkaly bilimiň adama mertebesini beýgeltmäge mümkinçilik berýändigini nesihat edipdir. Milli pedagogik mirasymyz bize ýaş nesle bilim bermek bilen çäklenmän, onuň ýüregine ýagşylygyň, watansöýüjiligiň, zähmetsöýerligiň, ynsanperwerligiň we jogapkärçiligiň tohumlaryny ekmegiň zerurdygyny öwredýär. Ýaş nesil — bilim daragty. Nahalyň ese-boýa galyp, datly miwe bermegi onuň idegine bagly. Diýmek, mugallym özüniň ýaş nesliň bilim daragtynyň bagbanydygy baradaky jogapkärçiligini hiç wagt ýadyndan çykarmaly däldir. Häzirki döwrüň ylmy-tehniki mümkinçilikleri bolsa şol milli gymmatlyklary täze usullardyr tehnologiýalar, bilim serişdeleri arkaly nesilleriň aňyna has täsirli ýetirmäge giň mümkinçilik berýär. Şonuň üçin täze okuw ýylynda milli köklerimize daýanmak bilen dünýäniň öňdebaryjy bilim-tejribesini özleşdirmek, bilim bilen terbiýäniň bitewüligini üpjün etmek, mugallymyň döredijilik mümkinçiliklerini giňeltmek, zehinli ýaşlary ýüze çykarmak, ylma we innowasiýalara höweslendirmek, sanly, emeli aň tehnologiýalaryndan maksadalaýyk peýdalanmak ýaly ugurlar boýunça işler täze mazmun bilen dowam etdiriler. Milli pedagogik tejribämizde aýratyn orun eýeleýän halypa-şägirtlik ýörelgesi häzirki döwrüň talaplaryna laýyklykda täze mazmun bilen ösdüriler. Halypa şägirdiniň dünýägaraýşynyň, ahlak ýörelgeleriniň we durmuş maksadynyň kemala gelmegine täsir edýän şahsyýetdir. Şonuň üçin mugallym bilen okuwçynyň, professor bilen talybyň, tejribeli hünärmen bilen ýaş hünärmeniň arasynda döredijilikli, ynanyşmaga esaslanýan gatnaşyklar yzygiderlilikde ösdüriler hem-de kämilleşdiriler. Çünki döwür özgerdigiçe, bilim bermegiň usullary, çagalaryň we ýaşlaryň maglumat bilen işlemek mümkinçilikleri, hünärleriň mazmuny üýtgeýär. Şoňa görä-de, mugallymlar täze pedagogik usullary öwrenerler hem-de tejribelerini baýlaşdyrarlar. Üçünji ugur hökmünde bilim we terbiýe işinde milli mazmunly döwrebap bilim dünýäniň öňdebaryjy tejribesi, milli taryh, dil, medeniýet, edep-terbiýe bilen sazlaşdyrylar. Oguz han, Gorkut ata, Görogly beg, Döwletmämmet Azady, Magtymguly Pyragy ýaly pederlerimiziň dürdäne öwüt-ündewleri, hormatly Prezidentimiziň hem-de Milli Liderimiziň Watan gymmatlyklary, pähim-paýhaslylyk, danalyk, bilimlilik, halypa-şägirtlik gatnaşyklary baradaky pelsepeleri Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe jemgyýetimizi galkyndyrmagyň, aýratyn-da, bilim işini ylmy-pedagogik nazaryýet taýdan has ähmiýetli guramak we kämil şahsyýetleri terbiýelemek üçin ýolgörkeziji taglymatlardyr. Täze okuw ýylynda mugallymlar tarapyndan bu taglymatlar esas goýujy gollanmalar hökmünde bilim işinde giňden ulanylar. Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň: «Ynsany bagtyýarlyga ýetirýän esasy sebäpleriň biri milli buýsanç arkaly kemala gelýär. Milli buýsanjyň gözbaşynda bolsa halkyň müňýyllyklardan gözbaş alýan şöhratly taryhy bardyr» diýen ylmy kesgitlemesi milli buýsanç barada täze terbiýe pelsepesidir. Hormatly Prezidentimiziň: «Kämillik her bir ynsan üçin uly mertebe we ýokary derejedir. Üznüksiz öwrenilmeli bilimler we ylymlar, ýadawsyz çekilmeli zähmet kämillige eltýän ýoldur» diýen çuň manyly pähimi bolsa ýokarda agzap geçen milli pedagogik mirasymyzyň häzirki zaman syýasatyndaky dowamatlylygydyr. Bu taglymatlar ýüregi ýurdumyza, halkymyza söýgüden we wepalylyk duýgusyndan doly, maksady aýdyň Watan perzentlerini terbiýelemegiň pelsepe akabasydyr. Şoňa görä-de, täze okuw ýylynda bu gymmatly taglymatlardan ugur alnyp, ýaşlarda medeniýet, dil, taryh, ruhy-ahlak gymmatlyklary, milli pelsepe, milli däpler, kadalar, gylyk-häsiýetler, ýörelgeler esasynda kemala gelen hem-de bu gün döwletimiziň berkararlygynyň, agzybirligimiziň binýatlaýyn sütünlerini emele getirýän milli dünýägaraýşy terbiýelemek ugrunda işler alnyp barlar. Nesillere tälim-terbiýe bermekde, ylym-bilim, kesp-kär öwretmekde müňýyllyklaryň dowamynda kämilleşdirilip gelýän milli tejribelerimiz hem-de häzirki döwrüň öňdebaryjy gazanylanlary döredijilikli utgaşdyrylar. Dördünji ugur hökmünde bilimiň hilini we netijesini ölçemek görkezijileriniň ýokarlandyrylmagyna, ýagny okuw maksatnamasynyň ýerine ýetirilmegi bilen birlikde, okuwçynyň we talybyň alan bilimini durmuşda, hünärde we döredijilikde ulanyp bilmegini gazanmak bilen bagly işlere uly orun berler. Bilim ulgamynyň öňünde durýan esasy strategik wezipeleriň biri-de berilýän bilimiň hilini yzygiderli ýokarlandyrmakdan ybaratdyr. Şunda bilimiň netijeliligine diňe okuw maksatnamalarynyň özleşdiriliş derejesi bilen däl, eýsem, ýaşlaryň alan bilimlerini durmuşda, ylmy-barlagda, önümçilikde we döredijilik işinde netijeli peýdalanyp bilmekleri bilen baha bermek möhüm ähmiýete eýedir. Şonuň üçin täze okuw ýylynda okuwçylaryň, talyplaryň diňe maglumatlary ýatda saklamagyna däl-de, olaryň özbaşdak pikirlenmegine, derňew geçirmegine, meseläniň çözgüdini tapmagyna, döredijilikli çemeleşmegine we täzeçil başlangyçlary öňe sürmegine şert döredýän okuw usullary has-da giňeldiler. Bäşinji ugur hökmünde mugallymyň täze keşbini kemala getirmek ugrundaky işler dowam etdiriler. Mugallym diňe maglumat beriji däl, eýsem, okuwçynyň pikirlenmesini, gözlegini, döredijiligini we şahsy ösüşini ugrukdyryjy halypadyr. Mugallymyň her bir sözi, göreldesi, sapagy ýaşlaryň durmuş ýolunda öz yzyny galdyrýar. Şonuň üçin mugallymçylyk kärine diňe bir hünär hökmünde däl, eýsem, milletiň geljegini kemala getirmäge hyzmat edýän beýik ynanç we jogapkärçilik hökmünde garamak zerurdyr. Täze okuw ýylynda mugallymlar, bilim işgärleri öz üstünde yzygiderli işlärler, täze pedagogik usullary öwrenerler, tejribesini seljererler we baýlaşdyrarlar, kärdeşleri bilen tejribe alşyp, bilim işine has-da döredijilikli çemeleşerler. Altynjy ugur hökmünde emeli aň we sanly bilim tehnologiýalary mugallymyň ornuny tutýan serişde däl-de, okatmagyň hilini ýokarlandyrýan gural hökmünde peýdalanylar. Hormatly Prezidentimiziň ösüş strategiýasyna laýyklykda, sanly tehnologiýalaryň we emeli aňyň mümkinçiliklerinden bilim ulgamynda netijeli peýdalanmak öňümizde duran täze wezipeleriň biridir. Bu ugurda esasy maksat tehnologiýany mugallymyň döredijilikli işini ýeňilleşdirýän, okuwçynyň özbaşdak gözlegini höweslendirýän, bilim serişdeleriniň elýeterliligini giňeldýän döwrebap gural hökmünde peýdalanmakdan ybarat bolar. Öňümizdäki okuw ýylynda bilim edaralarynda sanly sowatlylygy ýokarlandyrmak, emeli aňyň mümkinçiliklerinden howpsuz, maksatly we netijeli peýdalanmagyň medeniýetini kemala getirmek boýunça ýörite okuwlar, usulyýet maslahatlary guralar. Şunda sanly sowatlylyk bilen birlikde, maglumatlary saýlap almak, olaryň ygtybarlylygyny seljermek we tehnologiýalardan jogapkärçilikli peýdalanmak başarnyklaryna aýratyn üns berler. Ýedinji ugur hökmünde hünär bilimi bilen zähmet bazarynyň arabaglanyşygyny — iş berijiler bilen hünär bilimi edaralarynyň hyzmatdaşlygyny güýçlendirmek ugrunda zerur işler alnyp barlar. Häzirki wagtda ýurdumyzda täze önümçilikleriň, innowasion ugurlaryň we döwrebap hünärleriň döremegi ýaş hünärmenlerden täze başarnyklary talap edýär. Şunuň bilen baglylykda, täze okuw ýylynda hünär-tehniki we ýokary okuw mekdepleriniň önümçilik kärhanalary, ylmy merkezler we iş berijiler bilen hyzmatdaşlygy has-da ösdüriler, talyplaryň amaly başarnyklary kämilleşdiriler. Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň, Aşgabat şäheriniň we welaýat Baş bilim müdirlikleriniň, hünär-tehniki, orta hünär, ýokary okuw mekdepleriniň ýolbaşçylary, mekdep müdirleri, synp ýolbaşçylary tarapyndan täze okuw ýylynda mekdep okuwçylarynyň hünär saýlamak meselesine uly üns berler. «Geljegiň hünärleriniň atlasy» boýunça hünärlere ugrukdyryş çäreleri geçiriler. Halkara bilim bäsleşiklerinde üstünlikli çykyş edip, ýurdumyzyň abraýyny dünýä ýaýýan zehinli okuwçylary hem-de talyp ýaşlary ýüze çykarmak, halkara ders olimpiadalarynyň gerimini giňeltmek, ýaşlary ylmy-döredijilik işlerine çekmek ugrundaky işlere uly orun berler. Ders, bilim, zehin, intellektual, sport, startap, hakaton bäsleşikleri arkaly mekdep okuwçylarynyň we talyp ýaşlaryň «altyn gaznasy» kemala getiriler. Sekizinji ugur hökmünde bilim işinde ylmy-barlaglara we innowasiýalara daýanylar. Ýokary hünär bilimi edaralarynda hünärmenleri taýýarlamak bilen ugurdaşlykda, ylmy-barlaglaryň we innowasiýalaryň güýji, ýaşlaryň intellektual gory bilen, ýokary okuw mekdeplerini täze bilimleri we tehnologiýalary döredýän merkezlere öwürmek ugrundaky işlere uly orun berler. Ýokary okuw mekdeplerinde ýaşlaryň ylmy gözleglere irki döwürden çekilmegi, talyplaryň döredijilik we ylmy başlangyçlarynyň goldanylmagy, professor-mugallymlaryň ylmy işleriniň önümçilik, durmuş meseleleriniň çözgüdine gönükdirilmegi ýurdumyzyň innowasion ösüşine goşant bolar. Halkara bilim giňişliginde ýurdumyzyň ornuny has-da pugtalandyrmak, daşary ýurtlaryň öňdebaryjy tejribesini öwrenmek bilen birlikde, milli pedagogik tejribämiz dünýä ýaýylar. Milli bilim ulgamynyň ösüşi, daşary ýurt tejribesini kabul etmek bilen birlikde, milletimiziň taryhy-medeni köklerine daýanýan, döwrüň talaplaryna laýyk gelýän özboluşly bilim nusgasyny kemala getirmek bilen baglanyşykly üpjün ediler. Ýaşlar biziň Watanymyzyň kuwwatydyr, geljegidir we sarsmaz daýanjydyr. Şonuň üçin hem ýaşlar barada döwlet syýasatyny amala aşyrmak boýunça hem maksatnamalaýyn işler dowam etdiriler. Ylym-bilim dünýäsine çuňdan aralaşyp, ajaýyp üstünlikleri gazanýan okuwçylarymyzyň, talyplarymyzyň, ýaş alymlarymyzyň, ussatlygyň ajaýyp nusgasyny görkezip, döwletimiziň sport abraýyny ýokarlandyrýan türgenlerimiziň, milli medeniýetimizi we sungatymyzy ösdürmek ugrundaky işlere, medeni çärelere, bäsleşiklere, sergilere işjeň gatnaşýan, döwrebap sungat eserlerini, çeper‚ dokumental, animasion filmleri döredýän ýaşlarymyzyň başlangyçlaryny goldamak, zehinlerini wagtynda ýüze çykarmak, höweslendirmek üns merkezimizde bolar. Milli ýörelgeleri häzirki zaman pedagogikasynyň ylmy gazananlary bilen utgaşdyrmak biziň milli pedagogik mekdebimiziň täze ösüş tapgyry üçin ygtybarly esas bolup hyzmat eder. Bu ugurda milli pedagogik mirasymyzyň durmuşda we okuw-terbiýe işinde amaly taýdan peýdalanylmagyna aýratyn ähmiýet berler. Çünki miras, geçmişiň gymmatlygy bolmak bilen birlikde, şu günüň we geljegiň ösüşlerine ýol görkezýän ruhy-ahlak çeşmesidir. Şonuň üçin milli pedagogik mirasymyzdaky terbiýeçilik ýörelgelerini häzirki zaman pedagogikasynyň gazananlary bilen utgaşdyrmak, olaryň ýaş nesliň durmuş başarnyklaryny, özbaşdak pikirlenmesini, döredijilik ukybyny we jemgyýetçilik jogapkärçiligini ösdürmek bilim işiniň esasy netijeleri bolar. Şeýlelikde, häzirki döwürde ýurdumyzyň bilim ulgamynyň öňünde diňe täze okuw binalaryny gurmak ýa-da täze tehnologiýalary ornaşdyrmak bilen çäklenmeýän, eýsem, bilim bermegiň mazmunyny, usullaryny we netijelerini döwrebaplaşdyrmak, mugallymyň hünär abraýyny, ussatlygyny has-da ýokarlandyrmak, ýaşlaryň ylmy-döredijilik mümkinçiliklerini doly açmak, milli terbiýäniň mazmunyny baýlaşdyrmak ýaly düýpli wezipeler hem-de olary amala aşyrmak üçin döredilen uly mümkinçilikler bar. Bu wezipeleriň üstünlikli amala aşyrylmagy netijesinde, Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistanyň täze ösüş döwrüniň talaplaryna laýyk gelýän, giň dünýägaraýyşly, çuňňur bilimli, hünär taýdan kämil, milli gymmatlyklarymyza wepaly, döredijilikli ýaş nesli kemala getirmekde bilim işgärleriniň jogapkärçiligi has-da artýar. Öňümizde duran wezipeleriň her biri bilim ulgamynyň geljegini kesgitleýän möhüm ädimlerdir. Bu wezipeleriň özeninde bir hakykat dur: bilim diňe bir okuw kitabynyň, synp otagynyň ýa-da ýokary tehnologiýanyň çägindäki düşünje däldir. Bilim milletiň ruhy kuwwaty, döwletiň ösüşiniň binýady, maşgalanyň we jemgyýetiň geljege bolan ynamydyr. Şonuň üçin her bir bilim işgäri öz gündelik zähmeti bilen diňe bir okuwçynyň ýa-da talybyň ykbalyna däl, eýsem, ýurdumyzyň geljegine hem täsir edýändigine pugta düşünmelidir. Ýaş nesle geljegi gurmak üçin zerur bilimleri we başarnyklary bermelidiris. Olarda «Men bu Watanyň geljegine nähili goşant goşup bilerin?» diýen jogapkärçilikli düşünjäni kemala getirmek bilim işiniň iň ýokary netijeleriniň biri bolar. Täze okuw ýylynda hormatly Prezidentimiziň hem-de Gahryman Arkadagymyzyň milli bilim ulgamyny özgertmek, ýaş nesle döwrebap bilim-terbiýe bermek baradaky beýik maksatlaryny hem-de öňümizde goýýan wezipelerini amala aşyrmak biziň esasy borjumyzdyr. 2026-2027-nji okuw ýyly bilim işgärleriniň has-da tutanýerli zähmet çekip, müňýyllyklardan gözbaş alýan hormatly käriň abraýyny hem-de zehin-başarnyklary bilen uly üstünlikleri gazanyp, Watanymyzyň halkara abraýyny has-da belende galdyrjak okuw ýyly bolar. Bilim ulgamyny kämilleşdirmek hakyndaky aladalary üçin Arkadagly Gahryman Serdarymyza hem-de Gahryman Milli Liderimize egsilmez hoşallygymyzy bildirýäris. Goý, ýaş neslimiziň bagtyýar durmuşy we eziz Watanymyzyň beýik geljegi rowaç bolsun! Jumamyrat GURBANGELDIÝEW, Türkmenistanyň bilim ministri.
Türkmenistanyň bilim ulgamy: ösüşiň we rowaçlygyň strategik binýady
Belent mertebeli Gahryman Prezidentimiziň «Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!» diýen baş ýörelgesi, türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň «Döwlet adam üçindir!» diýen şygary Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe dillerimiziň senasyna, köňüllerimiziň owazyna öwrülip, bagtyýarlygyň aýdymy hem-de berkararlygyň mukamy bolup belentden ýaňlanýar. Döwlet Baştutanymyzyň hem-de Milli Liderimiziň il-ýurt bähbitli, umumadamzat ähmiýetli beýik işleriniň netijesinde Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan berkararlygyň we bagtyýarlygyň ýurduna öwrüldi. Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň barha golaýlaýan şanly 35 ýyllyk toýy ýurdumyzyň at-abraýyny, şan-şöhratyny äleme ýaýýar. Taryhy döwürde her bir raýatyň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň ýokarlandyrylmagyna hem-de her bir pudagyň üýtgedilip guralmagyna gönükdirilen maksatnamalar üstünlikli amala aşyrylyp, bäsdeşlige ukyply ykdysadyýetiň berk binýatly milli nusgasy döredildi. Ösüşiň we rowaçlygyň strategik binýady hökmünde milli bilim ulgamynda giň gerimli özgertmeler barha rowaçlanýar. Kämilleşdirmäge we döwrebaplaşdyrmaga alnan ugur «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasy» esasynda döwletiň sarsmaz güýjüni hem kuwwatyny şöhlelendirýän gurluşyklaryň — häzirki zaman kompýuterleri, laboratoriýa enjamlary, interaktiw we multimedia tehnologiýalary bilen üpjün edilen döwrebap bilim ojaklarynyň gurluşyk işleri depginli dowam etdirildi. 2025-nji ýylyň 1-nji sentýabrynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň gatnaşmagynda Halkara senagatçylar we telekeçiler uniwersitetiniň binasy açylyp ulanmaga berildi. Şeýle hem şol gün Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň täze goşmaça okuw binasy, umumy ýaşaýyş jaýy, sport desgasy we aýlawly ýoluň ugrundaky «Täze kuwwat» binasy, umuman, sentýabr aýynyň dowamynda bolsa 7 sany orta mekdep, 9 sany çagalar bagy dabaraly açyldy. Üstümizdäki okuw ýylynyň birinji ýarymynda Aşgabat şäherinde Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk instituty, 2 sany orta mekdep, 1 sany çagalar bagy, Ahal welaýatynda 1 sany çagalar bagy, Balkan welaýatynda 2 sany orta mekdep we 2 sany çagalar bagy, Daşoguz welaýatynda 1 sany çagalar bagy, Lebap welaýatynda Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk instituty we 2 sany orta mekdep, Mary welaýatynda 1 sany orta mekdep açylyp ulanmaga berler. Milli Liderimiziň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň göwrümi we häzirki zaman tehnologik üpjünçiligi bilen deňi-taýy bolmadyk bilimler şäherçelerini döretmek baradaky başlangyçlaryndan ugur alnyp, Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň hem-de Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň täze binalar toplumlarynyň döwrebap okuw binalary, tejribehanalar, ylmy-barlag merkezleri, kitaphanalar, sport binalary we meýdançalary, Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň, Germaniýa Federatiw Respublikasynyň, Hytaý Halk Respublikasynyň, Ispaniýa Patyşalygynyň, Beýik Britaniýanyň, Italiýa Respublikasynyň, Türkiýe Respublikasynyň, Günorta Koreýanyň, Ýaponiýa döwletiniň öňdebaryjy öndürijileriniň oturdylýan bilim enjamlary talyp ýaşlaryň — geljekki ýokary bilimli hünärmenleriň halkara ölçeglerine laýyklykda bilim almaklaryny, şeýle hem professor-mugallymlaryň bilim işini has-da netijeli guramaklary üçin ähli amatly şertleri üpjün eder. Döwlet Baştutanymyzyň taryhy Karary bilen, üstümizdäki ýylda Aşgabat şäheriniň Büzmeýin etrabynda 2 sany her biri 720 orunlyk umumybilim berýän mekdebiň hem-de 320 orunlyk çagalar bagynyň gurluşygyna badalga berildi. Mekdebe çenli bilim we terbiýe Watanymyzyň geljegi hem-de dowamatymyz bolan ýaş nesiller hakynda döwlet derejesinde alada edilip, geçen okuw ýylynda mekdebe çenli bilim edaralarynda ýaş nesle berilýän bilimiň we terbiýäniň ýokary döwrebaplygynyň gazanylmagyna uly ähmiýet berildi. Çagalar baglarynda körpelere ilkinji düşünjeler berildi, başarnyklaryň we endikleriň kemala getirilmegine gönükdirilen bilim işi terbiýe bermek bilen utgaşyklykda alnyp baryldy. Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy bilen bilelikde saglygy sebäpli mümkinçiligi çäkli çagalar bilen alnyp barylýan işleriň kämilleşdirilmegi babatynda zerur işler alnyp baryldy. Inklýuziw bilim boýunça ylmy-usuly we okuw-usuly gollanmalar taýýarlanyldy. Maşgalanyň, çagalar bagynyň, mekdebiň bilelikdäki işleri has-da kämilleşdirildi. Mekdebe çenli çagalar edaralarynyň bilim işgärleriniň gatnaşmagynda Aşgabat, Arkadag şäher we welaýat, döwlet derejesinde «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» atly şygar bilen usuly-amaly maslahatlar geçirildi. 2026-njy ýylyň 19 — 22-nji awgusty aralygynda Aşgabat şäherinde geçirilen «Kids Expo: Ähli zat çagalar üçin» halkara sergi-ýarmarkasy eziz Watanymyzda ýaş nesillere, olaryň bagtyýar geljegine we döwrebap kämilleşmegine berilýän uly ähmiýetiň aýdyň subutnamasyna öwrüldi. Bu iri halkara çärede çagalar üçin harytlaryň we hyzmatlaryň görkezilişi bilen birlikde çagalaryň intellektual başarnyklary dabaralandyryldy. STEM — ylmy zolagy, robototehnika bäsleşikleri, dünýä dillerini öwrenmegiň döwrebap usullary, interaktiw oýunlar hem-de «Kids Expo-Chess Cup» halkara küşt ýaryşy çagalara egsilmez şatlyk duýgularyny paýlady. Okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmek 2025-2026-njy okuw ýylynda okatmagyň usulyýetini nazaryýet we tejribe taýdan kämilleşdirmek bilen bagly işlere uly orun berildi. Dünýä tejribesine laýyklykda, okuw kitaplaryny kämilleşdirmek boýunça işler dowam etdirildi, okuw-usuly toplumlar taýýarlandy. Orta mekdeplerde dersleri çuňlaşdyryp öwretmek, ýaşlary döredijilige höweslendirmek boýunça işlere uly orun berildi. Mekdep okuwçylarynyň arasynda geçirilen dürli görnüşli bäsleşikleriň gerimi giňeldilip, ýeňiji okuwçylar hem-de olaryň ylmy ýolbaşçylary, ýaş pedagogik işgärlere halypalyk edýän bilim işgärleri Hormat hatlary hem-de höweslendiriji baýraklar bilen sylaglanyldy. «PISA, TIMSS, PIRLS halkara bilim maksatnamalarynyň görkezijilerini milli bilim ulgamyna ornaşdyrmakda pedagogik işgärleriniň öňünde durýan wezipeler», «Innowasion tehnologiýalary ulanmak esasynda himiýa dersini okatmagyň hilini we netijeliligini ýokarlandyrmak» atly temalardan hünär kämilleşdiriş okuwlary guraldy. Okuwçylaryň matematika we tebigy dersler boýunça bilim derejelerini bahalandyrýan PISA, TIMSS, PIRLS ýaly halkara maksatnamalarynyň görkezijilerini bilim ulgamyna ornaşdyrmak boýunça işler alnyp baryldy. Ýaş nesle bilim bermekde döredijilikli işleýän, baý iş tejribeli, öňdebaryjy bilim işgärleriniň arasynda geçirilýän bäsleşiklerde tapawutlanan pedagogik işgärleriň gatnaşmagynda halypa mugallymlaryň iş tejribesini ýaýratmak maksady bilen, «Salam, mugallym!» atly telegepleşikler ýazgy edildi. Bagtyýar çagalygyň joşgunly günleri Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary bilen ýurdumyzyň çagalarynyň bagtyýar durmuşda ýaşamagy, Gökderede we «Awaza» milli syýahatçylyk zolagyndaky, şeýle hem welaýatlardaky çagalar dynç alyş we sagaldyş merkezlerinde mynasyp dynç alyp, wagtlaryny şadyýan, peýdaly geçirmekleri üçin ähli şertler döredildi. 2026-njy ýylyň tomusky dynç alyş möwsüminde Gökderedäki, «Awaza» milli syýahatçylyk zolagyndaky, welaýatlardaky merkezlerde çagalaryň müňlerçesi guramaçylykly dynç aldy. Çagalaryň arasynda sportuň görnüşleri hem-de hereketli türkmen milli oýunlary boýunça ýaryşlar, daşary ýurt dilleri, kompýuter sowatlylygy, şekillendiriş sungaty, aýdym-saz boýunça öwrediji okuwlar geçirildi. «Kim çalasyn?», «Surat çekesim gelýär», «Bilesim gelýär» atly bäsleşikler teleýazgy edilip, bular çagalaryň we ýetginjekleriň söýgüli gepleşiklerine öwrüldi. Halypa ýazyjy-şahyrlar, sahna ussatlary, halyçy zenanlar bilen duşuşyklar guralyp, ýaş nesliň döredijilik we zähmet başarnyklarynyň ösdürilmegine uly orun berildi. Aşgabat şäherindäki Konstitusiýa, Garaşsyzlyk, Arkadag binalaryna, Janly tebigatyň milli muzeýine, Arkadag seýilgähine, «Aşgabat» medeni-dynç alyş seýilgähine, «Ylham» seýilgähine, «Halk hakydasy» ýadygärlikler toplumyna, Arkadag şäheriniň gözel ýerlerine, «Awaza» akwaparklar toplumyna, «Awaza» emeli derýasyna we seýilgählere, taryhy hem-de tebigy ýadygärliklere gezelençler guralyp, ýaşlarda watansöýüjilik duýgusyny terbiýelemekde ähmiýetli çärelere öwrüldi. Köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde çagalaryň dynç alyşlarynyň guralyşy yzygiderli teswirlendi. Hünär biliminiň ösüşi 2025-2026-njy okuw ýylynda bilim işiniň möhüm ugry hökmünde: hünär tarapdan gyzlara haly we mata dokamagyň, keçe basmagyň, keşde gaýamagyň, egin-eşik, kürte, don, tahýa tikmegiň, ellik, jorap örmegiň, oglanlara zergärçiligiň, demirçiligiň, agaç ussaçylygyň, küýzegärligiň, şaý-sepleri we esbaplary, dutar, gyjak, tüýdük, gopuz ýaly halk saz gurallaryny ýasamagyň, göni, ýüňi gaýtadan işlemegiň, kärizleri, guýulary, ýaplary gazmagyň, howuzlary, bentleri gurmagyň özboluşly usullary, däpleri we tilsimleri baradaky maglumatlary häzirki döwrüň hünär we usul dürlüligi bilen sazlaşdyryp öwredildi; okuwçy gyzlarda görnükli zenan şahsyýetleriň, şeýle hem hormatly Prezidentimiziň mähriban enesi Ogulabat Berdimuhamedowanyň we mähriban käbesi Ogulgerek Berdimuhamedowanyň nusgalyk hyzmatlarynyň mysalynda ahlak we maşgala ýörelgeleri baradaky düşünjeleri baýlaşdyryldy; türkmen halkynyň müňýyllyklaryň dowamynda kemala gelen paýhas mirasyna, watansöýüjiligine we ynsanperwerligine esaslanan durmuş ýörelgeleri, asylly milli häsiýetleri barada ulgamlaşdyrylan bilimler öwredildi. 2025-2026-njy okuw ýylynyň ikinji ýarymynda ýokary okuw mekdepleri tarapyndan ýokary synp okuwçylary üçin informatika, matematika, fizika, himiýa, biologiýa, häzirki zaman kompýuter tehnologiýalary, geografiýa, türkmen, iňlis, rus, fransuz, nemes dilleri, jemgyýeti öwreniş, Türkmenistanyň taryhy, beden taýýarlygy we sport görnüşleri dersleri boýunça ders bäsleşikleriniň 20-den gowragy geçirildi. Hünäre ugrukdyryş çärelerinde ýokary we orta hünär bilim edaralarynda taýýarlygyň ugurlary, hünärler, okuw binalary, tejribehanalar, kitaphana, okalga zallary we talyplaryň sport bilen meşgullanmaklary üçin gurlan sport toplumlary, talyplaryň alyp barýan ylmy-döredijilik taslamalary, gatnaşýan bäsleşikleri, hereket edýän ylmy gurnaklary barada giňişleýin maglumatlar berildi. Milli we watançylyk terbiýesi 2025-2026-njy okuw ýylynda ýurdumyzyň bilim edaralarynda okuw-usuly maslahatlar, ylmy-döredijilik bäsleşikleri, göreldeli sapaklar, edebi agşamlar, sergiler, muzeýlere hem-de medeni-taryhy ýadygärliklere gezelençler giňden ýaýbaňlandyrylyp, ýaş nesilde watansöýüjiligi terbiýelemäge uly orun berildi. Alymlar, professor-mugallymlar tarapyndan ýurdumyzyň gadymy, orta asyrlar, Garaşsyzlyk hem-de Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň taryhy boýunça ylmy-barlaglar ýerine ýetirilip, monografiýalarda, makalalar ýygyndylarynda, okuw kitaplarydyr gollanmalarynda Türkmenistanyň taryhynyň we medeniýetiniň dünýä siwilizasiýasynyň ulgamynda tutýan mynasyp orny açylyp görkezildi. Gazet-žurnallarda makalalar neşir edildi, teleradioýaýlymlarda söhbetdeşlikler, tematiki gepleşikler ýazgy edilip, ýaşlaryň bilimleriniň artdyrylmagyna ýardam berildi. Ýaşlaryň gözýetimleriniň giňemeginde kitabyň ähmiýetiniň uludygy nazara alnyp, bilim edaralarynda, şeýle hem edara-kärhanalarda zähmet çekýän ýaşlaryň arasynda kitap okamak bilen bagly çäreler, ýazyjy-şahyrlaryň ömri we döredijiligine, ýurdumyzyň taryhyna, şanly wakalara bagyşlanan kitap sergileri, ylym we döredijilik wekilleri bilen söhbetdeşlikler, çeper okaýyşlar, kitap okamak, kitabyň many-mazmunyny beýan etmek we pikir alyşmak, kitaplar esasynda düzme ýazmak, surat çekmek ýaly dürli bäsleşikler, kitap şüweleňleri geçirildi. Ýaşlaryň üstünligi — Watanyň şöhraty Gahryman Arkadagymyzyň: «Durmuşyň manysy öwrenmekdedir. Öwrenmek ýaşaýşy aňladýar. Manyly ýaşamagyň açary hem öwrenmekde. Goý, ömür menzilleriňize öwrenilip, maňzyna ýetilen aýdyňlygyň nury ýagty saçsyn! Öwrenmek bilen dünýäniň gözelligini görüň! Ýaşaň we ajaýyplyklary dörediň!» diýen parasatly nesihatlaryna eýerýän ýurdumyzyň mekdep okuwçylary hem-de talyp ýaşlary halkara bilim bäsleşiklerine işjeň gatnaşýarlar. 2026-njy ýylyň ýanwar-awgust aýlarynda mekdep okuwçylary halkara ders bäsleşiklerinde 13 altyn, 30 kümüş, 51 bürünç medal, halkara internet bäsleşiklerinde 268 altyn, 185 kümüş, 112 bürünç medallaryna, şonuň ýaly-da, «Erudit», «Metaşkola», «Gün şöhlesi», «Bilim wagty», «Bilim çeşmesi» atly internet-onlaýn ders bäsleşiklerine gatnaşyp, dürli derejeli diplomlaryň 5816-syna mynasyp boldular. Talyp ýaşlar bolsa 2025-2026-njy okuw ýylynda halkara ders bäsleşiklerinde we olimpiadalarynda jemi 826, şol sanda 142 altyn, 261 kümüş, 423 bürünç medallaryny gazandylar, baýrakly orunlaryň 897-sine mynasyp boldular. 2026-njy ýylyň 8 — 13-nji apreli aralygynda Aşgabat şäherinde mekdep okuwçylarynyň arasynda III halkara matematika olimpiadasy geçirildi. Bu olimpiadada ýurdumyzyň mekdep okuwçylary üstünlikli çykyş edip, jemi 29, şol sanda 6 altyn, 10 kümüş, 13 bürünç medal gazandylar. Daşary ýurtlaryň köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde hem-de Internet sahypalarynda Aşgabat şäherinde geçirilen mekdep okuwçylarynyň III halkara matematika olimpiadasy dostlukly gatnaşyklary giňeltmek we berkitmek, bilimleri alyşmak üçin meýdança hökmünde şöhlelendirildi. 2025-2026-njy okuw ýylynda ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleri tarapyndan ykdysadyýet, makroykdysadyýet, dünýä ykdysadyýeti, maliýe, filosofiýa, ekologiýa, iňlis dili, nazary mehanika, materiallaryň garşylygy, çyzuwly geometriýa we inžener grafikasy, himiýa, biologiýa, informatika, matematika dersleri boýunça halkara olimpiadalaryň, şeýle hem halkara ylmy-amaly maslahatlarynyň 42-si geçirildi. Ýokary derejede geçirilen bu halkara maslahatlar we bilim bäsleşikleri türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Türkmenistanyň Prezidenti Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň bilim arkaly halkara hyzmatdaşlygynyň täze mümkinçilikleri baradaky taglymatlaryny Ýer ýüzüne giňden ýaýýar. Hormatly Prezidentimiziň gatnaşmagynda 2025-nji ýylyň 15-nji dekabrynda Aşgabat şäherindäki Olimpiýa şäherçesiniň Başa-baş söweş sungaty sport toplumynda halkara sport ýaryşlarynda we ders bäsleşiklerinde baýrakly orunlara mynasyp bolan ýurdumyzyň ýaşlaryny, olaryň halypa mugallymlaryny hem-de tälimçilerini sylaglamak dabarasy ýaşlary täze, has belent maksatlara galkyndyrýan şanly waka öwrüldi. Ýokary hünär bilimini ösdürmek 2025-nji ýylyň 17-nji oktýabrynda hormatly Prezidentimiziň degişli Karary bilen, «Türkmenistanda ýokary hünär bilimini ösdürmegiň 2026 — 2052-nji ýyllar üçin strategiýasy» hem-de «Türkmenistanda ýokary hünär bilimini ösdürmegiň 2026 — 2052-nji ýyllar üçin strategiýasyny amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň 2026 — 2030-njy ýyllar üçin Meýilnamasy» tassyklanyldy. Strategiýany durmuşa geçirmegiň çäklerinde: ýokary hünär bilimi ulgamynyň kadalaşdyryjy hukuk namalaryny kämilleşdirmek boýunça işler alnyp baryldy; Türkmenistanyň Bilim ministrligi tarapyndan «Geljegiň hünärleriniň atlasy» taýýarlanyp, bu gollanma 2026-njy ýylyň fewralynda Türkmen döwlet neşirýat gullugy tarapyndan neşir edildi; «Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleriniň reýting bahalandyrmasy hakynda Düzgünnama» kämilleşdirilip, rejelenen görnüşi tassyklandy. Häzirki wagtda reýting görkezijiler baradaky maglumatlar bellenen möhletlerde rating.sanlybilim.online sanly portalyna ýüklenilýär. Hormatly Prezidentimiziň Karary bilen tassyklanan «Bilim işiniň döwlet akkreditasiýasy hakynda Düzgünnama» laýyklykda, umumy orta bilim derejesiniň doly orta bilim maksatnamasy boýunça 2 sany orta mekdebe, orta hünär bilimi derejesiniň ykdysadyýet we sanly maglumat tehnologiýalary hem-de başlangyç synplarda okatmak hünärleriniň maksatnamalary boýunça 2 sany orta hünär okuw mekdebe, ýokary hünär bilimi derejesiniň awtomatlaşdyrylan ulgamlaryň maglumat howpsuzlygynyň toplumlaýyn üpjünçiligi hem-de radioaragatnaşyk, radioýaýlym we telewideniýe hünärleriniň maksatnamalary boýunça 2 sany ýokary okuw mekdebe Döwlet akkreditasiýasy hakynda şahadatnamalar gowşuryldy. Ýokary okuw mekdeplerinde hem-de olaryň binýadynda döredilen ylmy-tehnologik, ylmy-kliniki, ylmy-taslama, ylmy-önümçilik merkezlerinde ylmyň ileri tutulýan ugurlary boýunça meýilnamalaýyn işler alnyp baryldy. 2026-njy ýylyň I ýarymynda ylmy-barlag işleriniň netijeleri üçin milli derejeli şahadatnamalaryň 320 sanysy alyndy. Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetinde Türkmen-Hytaý energetika okuw merkezi döredildi hem-de «Türkmenistandaky Lu Ban ussahanasy», Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetinde Adaty däl hytaý lukmançylygy otagy açyldy. Sanly bilim 2025-2026-njy okuw ýylynda: internet tory we sanly platformalar arkaly bilimiň elýeterliliginiň artdyrylmagyna; öňdebaryjy tejribeler esasynda okuwçy we talyp ýaşlaryň maglumat-kommunikasiýa tehnologiýalary, programmalaşdyrmak we kiberhowpsuzlyk baradaky düşünjeleriniň hem-de başarnyklarynyň ösdürilmegine; multimedia enjamlaryny, wirtual (VR) we giňeldilen (AR) hakykat tehnologiýalaryny bilim işine ornaşdyrmak arkaly interaktiw okuw görnüşleriniň kämilleşdirilmegine hem-de innowasion bilim modelleriniň döredilmegine gönükdirilen işler alnyp baryldy. Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň Innowasiýa maglumat merkezi tarapyndan «Sanly bilim» platformasy, «Men talyp», «Hasabat», «e-Mekdep» we «e-Bakja» ulgamlary, «Ukyply» açyk bilim portaly döredilip, häzirki wagtda dürli bilim hyzmatlary hödürlenýär. Ýokary okuw mekdeplerinde «Filologiýanyň meseleleri», «Innowasiýa ykdysadyýeti we durnukly ösüş», «Lukmançylyk ylmy we innowasiýalar», «Ylmy barlaglar we innowasiýalar», «Türkmenistanda agroinnowasiýa» atly elektron žurnallary döredildi. Sanly ulgam arkaly maslahatlar, seminarlar, okuwlar, dürli bäsleşikler geçirilip, innowasion taslama bäsleşiklerine alymlar, talyplar we mekdep okuwçylary işjeň gatnaşdylar. Bu işler bilen ugurdaşlykda mekdep okuwçylarynyň maşgala, mekdep, jemgyýet bilen birlikde sanly gurşaw gatnaşyklaryndaky ornuny pugtalandyrmaga, internet torunyň we emeli intellektiň ösüşi bilen bagly maglumatlary kabul etmek, seljermek, deňeşdirmek we dogry netije çykaryp bilmek, wagty dolandyrmak ukyplaryny hem-de pikirleniş işjeňligini ösdürmäge, sanly gurşawda şahsy howpsuzlyk, psihologik durnuklylyk, sanly medeniýet bilen bagly düşünjeleri kemala getirmäge hem uly orun berildi. Halkara reýtinglerine goşulmak Ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň abraýly halkara reýtingleriniň sanawyna goşulmagy babatda alnyp barylýan çäreleriň çäklerinde Halkara senagatçylar we telekeçiler uniwersiteti Indoneziýanyň «Universitas Indonesia (UI)» uniwersiteti tarapyndan her ýylda düzülýän «UI Green Metric» atly dünýä uniwersitetleriniň halkara sanawyna goşulyp, 2025-nji ýylyň netijeleri boýunça dünýäniň 1745 sany iň durnukly ýokary okuw mekdepleriniň hatarynda 1103-nji orny eýeledi. Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersiteti Aziýa sebitinde ýokary bilim babatda ýokary üstünlikler üçin gowşurylýan abraýly halkara baýraklarynyň biri bolan «THE Awards Asia 2026» bäsleşiginiň gysga sanawyna, ýagny iň gowy uniwersitetleriň sekizligine «Ýylyň STEM ylmy-taslamasy» ugry boýunça saýlandy. Halkara hyzmatdaşlygy «Bitarap Türkmenistanyň daşary syýasat ugrunyň 2022 — 2028-nji ýyllar üçin Konsepsiýasyna» laýyklykda, Birleşen Milletler Guramasynyň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça guramasy — ÝUNESKO bilen bilim babatda gatnaşyklaryň yzygiderli pugtalandyrylmagyna aýratyn ähmiýet berildi. «ÝUNESKO-nyň Bilim ulgamynda maglumat tehnologiýalary boýunça instituty bilen Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň arasynda hyzmatdaşlyk etmegiň 2026 — 2028-nji ýyllar üçin Ýol kartasy» esasynda bilimi sanlylaşdyrmak boýunça bilelikdäki işler alnyp baryldy, mugallymlaryň hünär kämilleşdiriş taýýarlygynyň hilini ýokarlandyrmak ugurlary boýunça işler ýerine ýetirildi. Ýurdumyzyň umumybilim berýän edaralarynyň 7-si, şol sanda Aşgabat şäherindäki daşary ýurt dilleri çuňlaşdyrylyp öwredilýän ýöriteleşdirilen 29-njy orta mekdep, Arkadag şäherindäki iňlis dili dersine ýöriteleşdirilen 2-nji orta mekdep, Ak bugdaý etrabyndaky takyk ugurly we iňlis dili okuw derslerini çuňlaşdyryp öwredýän ýöriteleşdirilen 45-nji orta mekdep, Balkanabat şäherindäki iňlis dili dersine ýöriteleşdirilen 25-nji orta mekdep, Daşoguz şäherindäki ýöriteleşdirilen 25-nji orta mekdep, Mary şäherindäki maglumat tehnologiýalary, programmirlemek we kiberhowpsuzlyk ugruna ýöriteleşdirilen 28-nji orta mekdep, Türkmenabat şäherindäki daşary ýurt dillerine ýöriteleşdirilen 20-nji orta mekdep ÝUNESKO-nyň Assosirlenen mekdepler toruna girizildi. Birleşen Milletler Guramasynyň Çagalar gaznasynyň Türkmenistandaky wekilhanasy bilen hyzmatdaşlykda Aşgabat şäherinden 3 sany umumybilim edarasy hem-de 3 sany çagalar bagy, her welaýatdan 2 sany umumybilim edarasy hem-de 2 sany çagalar bagy inklýuziw bilimi ornaşdyrylýan bilim edaralarynyň sanawyna goşuldy. 2026-njy ýylyň iýul aýynyň 16 — 31-i aralygynda ýurdumyzyň welaýatlarynda ýaşlar baradaky döwlet syýasatyny durmuşa geçirmek bilen baglylykda, Birleşen Milletler Guramasynyň Ilat gaznasynyň ýurdumyzdaky wekilhanasy tarapyndan ýaş meýletinçileri işjeňleşdirmek boýunça okuw maslahatlary guraldy. Bu döwürde özara tejribe alyşmak we hünär taýýarlygyny ýokarlandyrmak üçin bilim ulgamyndan jemi 744 wekil daşary ýurt döwletleriniň 28-sine ugradyldy. Abraýly ýokary okuw mekdepleri, diplomatik wekilhanalar bilen duşuşyklaryň, maslahatlaryň, okuw sapaklarynyň, ylmy maslahatlaryň 533-si geçirildi. Halkara bilim hyzmatdaşlygynyň ýaýrawynyň giňeldilýändiginiň aýdyň subutnamasy hökmünde 30 sany resminama, şol sanda 2 sany Iş meýilnamasyna, 5 sany Ylalaşyga, 3 sany Çarçuwaly ylalaşyga, 20 sany Ähtnama gol çekildi. Täze okuw ýylynda öňde durýan wezipeler 2026-njy ýylyň 1-nji sentýabrynda ýurdumyzyň ähli bilim edaralarynda 2026-2027-nji täze okuw ýylynyň başlanýandygyny alamatlandyrýan ilkinji jaň sesleri belentden ýaňlanar. Ilkinji okuw gününde ajaýyp sowgat hökmünde täze bilim edaralary dabaraly açylar. Ähli bilim edaralarynda «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» atly şygar astynda dabaraly baýramçylyk nyzamlar we hormatly Prezidentimiziň durmuşa geçirýän giň gerimli işleriniň many-mazmunyna bagyşlanan ilkinji okuw sapaklary geçiriler. 1-nji synpa gadam basjak okuwçylara hormatly Prezidentimiziň hem-de Gahryman Arkadagymyzyň adyndan milli önüm bolan «Bilimli» atly kompýuterler dabaraly gowşurylar. Bu dabaralar ýatdan çykmajak ýakymly duýgulary paýlar hem-de ýurdumyzyň milli bilim ulgamynda ägirt uly üstünlikleriň gazanylandygyny alamatlandyrýan wakalar hökmünde taryha girer. Täze okuw ýylynda körpeleriň döredijilikli we logiki pikirlenme endikleri, sözleýiş ukyby hem-de baý dil gory interaktiw usullar, akyl oýunlary arkaly ösdüriler. Okuw sapaklarynyň täsirliligini we netijeliligini ýokarlandyrmak üçin okuw-görkezme esbaplary, innowasion tehnologiýa enjamlary bilim işinde giňden peýdalanylar. Ilkinji okuw sapagynda 1-nji synpa barýan okuwçylaryň ýadynda hemişelik galmagy üçin «Bilimli» atly noutbuklaryň içindäki okuw programmalary, elektron oýunlary ulanmagyň ilkinji ädimleri körpelere gyzykly görnüşde görkeziler. Milli pedagogiki mirasymyza daýanylar. Milli köklerimize daýanmak bilen dünýäniň öňdebaryjy bilim tejribesini özleşdirmek, bilim bilen terbiýäniň bitewüligini üpjün etmek, mugallymyň döredijilik mümkinçiliklerini giňeltmek, zehinli ýaşlary ýüze çykarmak, ylma we innowasiýalara höweslendirmek, sanly we emeli aň tehnologiýalaryndan maksadalaýyk peýdalanmak ýaly ugurlar boýunça işler täze mazmun bilen dowam etdiriler. Milli mazmunly döwrebap bilim dünýäniň öňdebaryjy tejribesini taryh, dil, milli medeniýet, edep-terbiýe bilen sazlaşdyrar. Emeli aň we sanly bilim tehnologiýalary mugallymyň ornuny tutýan serişde däl-de, okatmagyň hilini ýokarlandyrýan gural hökmünde peýdalanylar. Bilim edaralarynda sanly sowatlylygy hem-de sanly edepliligi ýokarlandyrmak, emeli intellektiň mümkinçiliklerinden howpsuz, maksatly we netijeli peýdalanmagyň medeniýetini kemala getirmek boýunça ýörite okuwlar we usulyýet maslahatlary guralar. Hünär bilimi bilen zähmet bazarynyň arabaglanyşygy — iş berijiler bilen okuw mekdepleriniň hyzmatdaşlygy güýçlendiriler. «Geljegiň hünärleriniň atlasy» boýunça hünärlere ugrukdyryş çäreleri geçiriler. Ders, bilim, zehin, intellektual, sport, startap, hakaton bäsleşikleri arkaly mekdep okuwçylarynyň we talyp ýaşlaryň altyn gaznasy kemala getiriler. Ýokary okuw mekdeplerini diňe hünärmen taýýarlaýan däl, eýsem, ýaşlaryň intellektual gory bilen täze bilim we tehnologiýa döredýän merkezlere öwürmek barada işler alnyp barlar. Okuw kitaplaryny döwrebaplaşdyrmak, olaryň mazmunyny, gurluşyny we tehnologik mümkinçiliklerini häzirki zamanyň talaplaryna laýyk getirmek üçin zerur işler alnyp barlar. Hünärmenleriň hünär derejelerine, bilimlerine, başarnyklaryna we endiklerine orta we uzak möhletlerde boljak zerurlyklary çaklamak arkaly okuw meýilnamalaryny we maksatnamalaryny kämilleşdirmek boýunça degişli işler geçiriler. Okatmagyň we terbiýe bermegiň hilini, aýratyn hem, mugallymlaryň hünär taýýarlygyny tapgyrlaýyn ýokarlandyrmak babatda ulgamlaýyn işler dowam etdiriler. Ýaşlar barada döwlet syýasatyny amala aşyrmak boýunça hem maksatnamalaýyn işler dowam etdiriler. Ylym-bilim dünýäsine çuňdan aralaşyp, ajaýyp üstünlikleri gazanýan okuwçylarymyzyň, talyplarymyzyň, ýaş alymlarymyzyň, ussatlygyň ajaýyp nusgasyny görkezip, döwletimiziň sport abraýyny ýokarlandyrýan türgenlerimiziň, milli medeniýetimizi we sungatymyzy ösdürmek ugrundaky işlere, medeni çärelere, bäsleşiklere, sergilere işjeň gatnaşýan, döwrebap amaly-haşam we sungat eserlerini, çeper‚ dokumental we animasion filmleri döredýän ýaşlarymyzyň başlangyçlaryny goldamak, zehinlerini wagtynda ýüze çykarmak we höweslendirmek üns merkezinde bolar. Ýaşlarda «Men bu Watanyň geljegine nähili goşant goşup bilerin?» diýen jogapkärçilikli düşünjäni kemala getirmek bilim-terbiýe işiniň iň ýokary netijeleriniň biri bolar. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe gazanylýan üstünlikler milli bilim ulgamynyň dünýä ölçeglerine laýyklykda ösýändigine hem-de barha kämilleşýändigine aýdyň şaýatlyk edýär. Hormatly Prezidentimiziň hem-de Gahryman Arkadagymyzyň nusgalyk işleri netijesinde gazanylýan ajaýyp üstünlikler bilim ulgamynyň işgärlerini gujur-gaýratly zähmet çekmäge, geljegimiz bolan bagtyýar ýaşlarymyzy ylym-bilim öwrenmäge ruhlandyrýar. Türkmenistanyň Bilim ministrligi.
Türkmenistanyň umumybilim edaralarynda «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ady bilen geçiriljek 2026-2027-nji okuw ýylynyň ilkinji okuw sapagyny guramak boýunça usuly maslahatlar
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň beýik başlangyçlaryny üstünlikli dowam edýän hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimiz durnukly ösüşiň belent maksatlaryna ýetmäge tarap bedew bady bilen ynamly öňe barýar. Ýurdumyzyň ykdysady, durmuş-medeni taýdan dünýäniň iň ösen döwletlerine mahsus belent sepgitlere çykmagyna gönükdirilen giň gerimli döwlet we milli maksatnamalar üstünlikli amala aşyrylýar. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ata Watanymyzyň gülläp ösmegine, ykdysady kuwwatynyň has-da berkemegine, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertleriniň mundan beýläk-de ýokarlanmagyna gönükdirilen ägirt uly taslamalaryň, taryhy maksatnamalaryň ähmiýetini, ýurduň içeri we daşary syýasatyny, umumadamzat bähbitli halkara başlangyçlaryny giňden wagyz etmek hem-de dünýä ýaýmak, mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllygyny şöhratlandyrmak, raýatlarymyzyň watançylyk ruhuny belende götermek, ýaş nesli Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistana buýsanç, çäksiz söýgi hem-de wepalylyk ruhunda terbiýelemek maksady bilen, 2026-njy ýyl «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýip atlandyryldy. Häzirki ajaýyp döwürde ýurdumyzda Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallalary netijesinde atçylyk sportunyň dürli görnüşleri işjeň ösdürilýär. 2026-njy ýylyň ilkinji aýy şu ýylyň şygarynyň mazmunyna laýyk üstünliklere beslendi. «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparyna Monte-Karlo şäherinde geçirilen halkara sirk festiwalynda sirk sungatyna goşan uly goşandy üçin halkara şahadatnamalaryň gowşurylmagy munuň aýdyň mysalydyr. Bu üstünlikleriň ahalteke bedewleriniň halkara derejede ykrar edilmegi bilen baglanyşykly bolmagy halkymyzyň buýsanjyny artdyrdy. Şeýle hem 2026-njy ýylyň fewral aýynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz Amerikanyň Birleşen Ştatlaryna amala aşyran saparynyň çäklerinde ýurduň iň iri atçylyk merkezleriniň biri hasaplanýan «La Victoria» atçylyk toplumynda bolup, amerikan we türkmen atşynaslarynyň, atly sport görnüşiniň hünärmenleriniň arasyndaky özara gatnaşyklary giňeltmegiň ähmiýeti barada belledi. Mundan başga-da, Aşgabatda «Türkmen bedewi we dünýäniň seýisçilik sungaty» atly XVIII halkara ylmy-amaly maslahatyň geçirilmeginiň buýsandyryjy wakalar bolandygy barada ýaş nesle täsirli gürrüňler berilse maksadalaýyk bolardy. «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda halkymyzyň ahalteke bedewlerine çuňňur söýgüsi has äşgär ýüze çykýar. 2026-njy ýylyň sentýabr aýynda Niderlandlar Patyşalygynyň Kronenberg şäherinde ahalteke atlarynyň arasynda atly sport we gözellik bäsleşiginiň geçiriljekdigi munuň aýdyň şaýadydyr. Ylym-bilim ulgamyna döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri hökmünde garalmagy, bu ugurda netijeli işleriň alnyp barylmagy guwandyryjydyr. Belli bolşy ýaly, ylmyň ösüşi adamzat durmuşynyň ähli ugurlarynyň özgermegine esas bolýar. Ylym her birimiziň dünýägaraýşymyzy giňeldýär, akyl işjeňligimizi artdyrýar, dürli meseleleri dogry çözmäge ýardam edýär. Şol sebäpli ýurdumyzda ylym ulgamyny kämilleşdirmek we mundan beýläk-de ösdürmek işleri maksatnamalaýyn alnyp barylýar. Muny «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasy» aýdyň görkezýär. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe «Türkmenistanda umumybilim maksatnamalary boýunça okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmegiň 2028-nji ýyla çenli Konsepsiýasyny» durmuşa geçirmek, ýaşlarda il-günümize, Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimize bolan beýik buýsanjy we çuňňur söýgini ösdürmek maksady bilen, ýurdumyzyň umumybilim edaralarynda 2026-2027-nji okuw ýylynyň başlanmagy mynasybetli ilkinji okuw sapagy «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýen at bilen geçiriler. «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýen at bilen guraljak ilkinji okuw sapagynda Gahryman Arkadagymyzyň beýik başlangyçlaryny üstünlikli dowam edýän hormatly Prezidentimiziň başda durmagynda alnyp barylýan içeri we daşary syýasat, ýurdumyzda gazanylýan şanly ösüşler, öňde goýlan belent maksatlar, mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýylynyň dowamynda bolup geçen möhüm wakalar, yzygiderli gazanylýan üstünlikler we ýetilen belent sepgitler, bilim ulgamynda amala aşyrylýan giň gerimli özgertmeler, üstünlikli durmuşa geçirilýän «Türkmenistanda on iki ýyllyk umumy orta bilime geçmegiň Konsepsiýasy», «Türkmenistanda daşary ýurt dillerini okatmagy kämilleşdirmegiň Konsepsiýasy», «Türkmenistanda tebigy we takyk ylmy ugurlara degişli dersleri okatmagy kämilleşdirmegiň Konsepsiýasy», «Türkmenistanda umumybilim maksatnamalary boýunça okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmegiň 2028-nji ýyla çenli Konsepsiýasy», Türkmenistan Watanymyzyň beýik geljegini üpjün etmekde ylymly-bilimli, giň dünýägaraýyşly kämil nesliň öňünde durýan mukaddes borçlar dogrusynda çuňňur mazmunly, bilim-terbiýeçilik, wagyz-nesihat häsiýetli söhbetler guralmalydyr. Ilkinji okuw sapagynda «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda ýurdumyzda geçiriljek Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisiniň ähmiýeti aýratyn bellenilmelidir. Şeýle hem türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň mejlisindäki taryhy çykyşy hem-de şol mejlisde beren tabşyryklaryny durmuşa geçirmekde öňde durýan wezipeler dogrusynda täsirli söhbetlere orun berilmelidir. 2026-2027-nji okuw ýylynyň ilkinji okuw sapagynda Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň nusgalyk kitaplaryndan peýdalanylmalydyr. Hormatly Prezidentimiz «Ýaşlar — Watanyň daýanjy» atly ajaýyp kitabynda: «Eziz Diýarymyzyň ykdysady kuwwatyny artdyrmak, aň-bilim ösüşini üpjün etmek, syýasy-jemgyýetçilik durmuşyny kämilleşdirmek hem, ilkinji nobatda, şu nesilleriň taýýarlygyna baglydyr. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyz: «Islendik döwletiň kuwwaty diňe bir tebigy baýlyklary bilen däl-de, eýsem, ýetişdirip bilýän kämil nesilleri bilen kesgitlenilýär» diýmek bilen, innowasiýalaryň, häzirki zaman ylymlarynyň, nanotehnologiýalaryň, sanly ulgamyň adamzat jemgyýetini öňe alyp barýandygyny belleýär» diýen çuňňur many-mazmuna ýugrulan sözleri her bir türkmenistanlynyň hemişelik Bitarap Türkmenistana buýsanjyny, söýgüsini we Watana wepalylygyny has-da ösdürýär. Häzirki ajaýyp döwrümizde watansöýüji, çuňňur bilimli, ylymly nesiller kemala gelýär. «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip yglan edilen 2026-njy ýylda ösüp gelýän ýaş nesle ata-babalarymyzyň dünýä halklarynyň arasynda parahatçylygy, dost-doganlygy, söwda, medeni, ylym-bilim gatnaşyklary ösdürmek we pugtalandyrmak barada bitiren ajaýyp işleri, türkmen Bitaraplygynyň aýratynlyklary barada jikme-jik düşündirmek, Gahryman Arkadagymyzyň beýik başlangyçlaryny üstünlikli dowam edýän hormatly Prezidentimiziň içeri hem daşary syýasatynyň netijesinde gazanylýan üstünlikler, ýetilýän sepgitler hakda täze bilimleri öwretmek, ýaş nesli Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistana uly buýsanç, çäksiz söýgi, wepalylyk ruhunda terbiýelemek boýunça bilim işgärleriniň öňünde jogapkärli wezipeler durýar. Umumybilim edaralarynyň ýolbaşçylary 2026-2027-nji okuw ýylynyň başlanmagy mynasybetli guralýan ilkinji okuw sapagynyň çuňňur manyly, ýatda galyjy we has-da täsirli bolmagy üçin zerur çäreleri görmelidirler. Ol çäreler kesgitlenen meýilnama laýyklykda guralyp, ösüp gelýän ýaş nesliň bilime, ylma, hünärlere bolan gyzyklanmasyny we höwesini, Watanymyza, Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza bolan buýsanjyny, söýgüsini hem hormatyny has-da ýokarlandyrmaga gönükdirilmelidir. Şonuň üçin hem bilim edaralarynyň ýolbaşçylary ilkinji okuw sapagynyň ýokary derejede guramaçylykly geçirilmegini we oňa bildirilýän talaplara laýyklykda guralmagyny gazanmak maksady bilen, öňdebaryjy iş ussatlygy bilen tapawutlanýan hem-de kärdeşleriniň arasynda hormata eýe bolan bilim işgärleriniň baý iş tejribelerinden peýdalanmalydyr. Ilkinji sapagyň ýokary derejede guralmagy üçin bilim işgärleri ykjam taýýarlykly bolmalydyr. Sapakda ulanyljak okuw-görkezme esbaplary, goşmaça maglumatlar we multimedia serişdeleri öňünden taýýarlanylyp, okuw otaglary döwrebap enjamlaşdyrylmalydyr. Arkadagly Gahryman Serdarymyz «Ýaşlar — Watanyň daýanjy» atly kitabynda: «Döwür ösýär, şol bir wagtda, adamzat jemgyýetinde dürli üýtgeşmeler, özgerişlikler bolup geçýär. Munuň özi ýaşlardan hünär taýýarlygy babatda edilýän talaplary hem düýpli özgerdýär, olaryň saýlap alan hünärleri boýunça alyp barýan işlerine täzeçe çemeleşmeklerini talap edýär» diýip belleýär. Şu parasatly sözlerden ugur alnyp, ilkinji okuw sapagynda hünärlere ugrukdyrmak barada söhbet guralsa maksadalaýyk bolar. Ilkinji okuw sapagy Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň «Ýaşlar — Watanyň daýanjy», «Änew — müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýet», «Magtymguly — dünýäniň akyldary», «Türkmenistanyň Bitaraplygy — parahatçylygyň we ynanyşmagyň aýdyň ýoly» atly nusgalyk kitaplaryň many-mazmuny bilen baglanyşdyrylyp geçirilmelidir. Sebäbi hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň bu eserleri ýaş nesilleri watansöýüjilik, zähmetsöýerlik ruhunda terbiýelemekde gymmatly gollanmalar bolup hyzmat edýär. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň «Magtymguly — dünýäniň akyldary» atly kitabynda ýagty ertirlerimiziň eýeleri bolan ýaşlara bilim bermegiň döwrebap usullary hakynda gymmatly pikirler öňe sürülýär. Şeýle hem bu ajaýyp kitapda Magtymguly Pyragynyň eserleriniň terbiýeçilik ähmiýetiniň uludygy çuňňur manyda beýan edilýär. Şahyryň şygyrlarynyň filosofik manysy, jemgyýetçilik gymmaty, durmuşyň dürli meselesini çeperçilik bilen beýan edendigi hakynda yzygiderli pikir ýöredilýär. Arkadagly Gahryman Serdarymyz «Magtymguly — dünýäniň akyldary» atly kitabynda: «Jemgyýetiň kämilligi üçin zerur bolan edep kadalary, gylyk-häsiýetleri, aýratynlyklary Pyragy ýaly, çeper teswirläp bilen başga bir şahyr ýokdur diýip pikir edýärin. Hünärlilik, zähmetsöýerlik, janypkeşlik, maksada okgunlylyk, akýüreklilik ýaly duýgular, zähmete höweslendirýän pikirler şol setirleriň özenidir, şol bentleriň bezegidir. Şahyryň berýän öwüt-ündewleri bilen özümizi we ýaş nesilleri belent ahlaklylykda terbiýeläp bilýäris. Ýaşlary pederlerimizden miras galan milli häsiýetler, watançylyk ruhy esasynda terbiýelemek, olaryň il-ýurda, halka, Watana bolan söýgüsini gazanmak üçin Magtymguly Pyragynyň öwüt-ündewlerine berk eýermelidiris» diýip, türkmeniň ahlak ýörelgesiniň ykrar edilen mukaddes kada öwrülendiginiň gymmatyna ýokary baha berýär. Şu parasatly sözlerden ugur alyp, ilkinji okuw sapagynda akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragy hakyndaky söhbetlere hem giň orun berilse maksadalaýyk bolar. Mälim bolşy ýaly, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda hemişelik Bitarap Türkmenistanyň halkara guramalarynyň, ilkinji nobatda, Birleşen Milletler Guramasynyň çäklerinde oňyn hyzmatdaşlyk edýändigi guwandyryjydyr. Häzirki wagtda ylym-bilim ulgamynda halkara hyzmatdaşlyk barha giň gerime eýe bolýar. Muny hormatly Prezidentimiziň Gruziýa amala aşyran döwlet sapary hem aýdyň beýan edýär. Çünki bu döwlet saparynyň çäklerinde ylym we ýaşlar syýasaty ulgamlarynda hyzmatdaşlygy giňeltmegiň geljekki ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy. Ilkinji okuw sapagynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe döwletimiziň dünýädäki ornuny has-da berkitmek, halkara hyzmatdaşlyk, ynanyşmaklyk, dostluk ýörelgelerine esaslanýan içeri we daşary syýasatynyň, umumadamzat bähbitli halkara başlangyçlaryny giňden wagyz etmek hem-de dünýä ýaýmak, Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň şanly 35 ýyllygyny halkymyzyň gadymdan gelýän parahatçylyk söýüjilik, hoşniýetlilik, ynsanperwerlik, myhmansöýerlik däplerini Ýer ýüzünde şöhratlandyrmak, ýaş nesli Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan Watanymyza buýsanç, çäksiz söýgi hem-de wepalylyk ruhunda terbiýelemek barada aýratyn bellemek gerek. Bu okuw sapagynda hormatly Prezidentimiziň ata Watanymyzyň has-da gülläp ösmeginiň we barha kuwwatlanmagynyň, agzybir halkymyzyň abadan, asuda, bolelin, bagtyýar durmuşda ýaşamagynyň bähbitlerine üstünlikli amala aşyrýan oňyn özgertmeleri, dünýäde we sebitde parahatçylygyň, dostluk-doganlygyň pugtalanmagy, halkara hyzmatdaşlygynyň ösmegi ugrunda alyp barýan ägirt uly işleriniň dünýä jemgyýetçiligi tarapyndan ykrar edilýändigi hem-de Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimiziň ykdysadyýetiniň, ylym-bilim ulgamynyň, medeniýetiniň ägirt uly üstünlikleri hakynda çuňňur mazmunly söhbetler guralmalydyr. Hormatly bilim işgärleri, okuwçylar we talyp ýaşlar! Täze, 2026-2027-nji okuw ýyly düşümli bolsun! Ýurdumyzy beýik ösüşlere besleýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun! Türkmenistanyň Bilim ministrligi. Türkmenistanyň Milli bilim instituty
HALKARA OKUW MASLAHATY: BILIM ULGAMYNY DOLANDYRMAK WE ÖSDÜRMEK BOÝUNÇA TEJRIBE ALYŞMAK
2026-njy ýylyň 26-njy awgustyndan 8-nji sentýabry aralygynda Hytaý Halk Respublikasynyň Şenýan mugallymçylyk uniwersitetiniň binýadynda Bilim ulgamynda işleýän döwlet edaralary üçin Halkara okuw maslahatyna Türkmenistanyň bilim ulgamynyň wekilleri hem gatnaşýarlar. Okuw maslahatyna birnäçe döwletleriň wekillerini olaryň hünär tejribesini ýokarlandyrmak maksady bilen birleşdirýän bu uniwersitetiň hut özi guramaçylyk edýär. Okuw maslahatynyň çäklerinde oňa gatnaşyjylar Hytaýyň bilim ulgamyny dolandyrmak, özgertmeleri geçirmek we sanlylaşdyrmak boýunça häzirki zaman tejribesini öwrenýärler. Maksatnama ýokary okuw mekdepleriniň dolandyryş ulgamyny döwrebaplaşdyrmak, liderlik häsiýetlerini ösdürmek, medeniýetara kommunikasiýa, şeýle hem «akylly kampus» we «bir mekdep — bir özboluşly at-abraý» düşünjeleri boýunça leksiýalary öz içine alýar. Nazary sapaklar bu döwletiň Lyaoning welaýatynyň bilim edaralaryna amala aşyrylýan tejribe saparlary bilen utgaşdyrylýar. Olaryň hatarynda tehnologiýa, innowasiýa, psihologik goldaw we olimpiada taýýarlygy merkezleriniň işi bilen tanyşýan Eksperimental mekdebi hem bar. Hytaýyň öňdebaryjy uniwersitetleriniň ýolbaşçylarynyň we professor-mugallymlarynyň çykyşlary bu okuw maslahatynyň ähmiýetini aýratyn artdyrýar. Mundan başga-da, gatnaşyjylar Sýamen uniwersitetine we Şençžen şäheriniň innowasiýa merkezine baryp, ylym, bilim we senagat boýunça özara hyzmatdaşlygyň mehanizmlerini, şeýle hem tehnologik startaplary goldamagyň usullaryny öwrenýärler. Seminar halkara hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmak we öňdebaryjy tejribäni özleşdirmek üçin netijeli meýdança öwrülýär. Okuw maslahatyna gatnaşyjylar türkmen halkynyň Milli Lideri, Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyza we hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza hünär derejesini ýokarlandyrmakda hemişelik goldaw berýändikleri we uly mümkinçilikleri döredýändikleri üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirýärler. Türkmenistanyň Bilim ministrligi
Türkmenistan – Koreýa: Özara bähbitli bilim gatnaşyklary
2026-njy ýylyň 28-nji awgustynda Türkmenistanyň Bilim ministri J.Gurbangeldiýew Koreýa Respublikasynyň Türkmenistandaky täze bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Li Wonje bilen duşuşdy. Gepleşikleriň dowamynda iki ýurduň arasynda bilim ulgamynda alnyp barylýan hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýy we geljekki mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Häzirki wagta çenli bu ugurda 20-ä golaý ylalaşyklaryň we ähtnamalaryň baglaşylandygy, şeýle hem şu ýylyň sentýabrynda Seul şäherinde geçiriljek «Merkezi Aziýa-Koreýa Respublikasy» Ilkinji Sammitiniň çäklerinde täze resminamalara gol çekilmeginiň meýilleşdirilýändigi bellenildi. Gepleşiklerde ýurdumyzda koreý diliniň öwredilişine ýokary baha berildi. Hususan-da, Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynda hem-de Aşgabat şäheriniň 88-nji orta mekdebinde ýüzlerçe ýaşlaryň koreý dilini öwrenýändigi aýdyldy. Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynda hereket edýän we Bütindünýä Patyşa Sejong adyndaky institutlarynyň arasynda iň göreldeli okuw merkezi diýlip ykrar edilen Patyşa Sejong adyndaky okuw merkeziniň, şeýle-de Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň Innowasiýa we maglumat merkezinde hereket edýän Maglumat elýeterliligi merkeziniň Koreýa Respublikasynyň Milli maglumat jemgyýeti guramasy tarapyndan «2024-nji ýylyň iň gowy Maglumat elýeterliligi merkezi» ada eýe bolandygy aýratyn nygtaldy. Mundan başga-da, gepleşiklerde Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri instituty bilen Kangwon milli uniwersitetiniň arasyndaky özara bähbitli hyzmatdaşlygyň üstünde durlup geçildi. Hereket edýän Ähtnama laýyklykda, şu ýylyň iýul aýynda institutyň 6 talyby Kangwon milli uniwersitetinde, şeýle hem koreý uniwersitetiniň 8 talyby Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynda tomusky tejribelik okuwlaryny geçdiler. Şonuň ýaly-da, 2026-2027-nji okuw ýylyna niýetlenen maksatnama laýyklykda, ýakynda institutyň ýene-de 3 sany talybynyň Kangwon milli uniwersitetine bir ýyllyk okuwa iberilendigi aýratyn nygtaldy. Duşuşykda geljekki hyzmatdaşlyk boýunça birnäçe anyk teklipler öňe sürüldi. Olaryň hatarynda Koreýa Gaznasynyň goldawy bilen koreý dili mugallymlarynyň ýurdumyzda zähmet çekmegi, oktýabr aýynda Aşgabat şäherinde geçiriljek «Saglygy goraýyş, bilim we sport Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe» atly halkara sergä we ylmy maslahata Koreý tarapynyň gatnaşmagy, talyplaryň halkara olimpiadalaryna bilelikde taýýarlanmagy, ylmy makalalary özara çap etmek we sanly bilim boýunça tegelek stoluň başynda söhbetdeşlikleri guramak bar. Şeýle-de, Koreýanyň Daşary işler ministrliginiň durmuş-ykdysady ösüşe ýardam bermek başlangyçlara goldaw bermek üçin niýetlenen tehnikalar we enjamlar bilen üpjün etmek maksatly kiçi muzdsuz kömek maksatnamasynyň çäklerinde 2026-njy ýylda Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň hem-de 2027-nji ýylda Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň maddy-tehniki binýadyny döwrebaplaşdyrmak barada gazanylan ylalaşyklary durmuşa geçirmek barada meseleler maslahatlaşyldy. Duşuşygyň ahyrynda taraplar hyzmatdaşlygyň gözýetimini giňeltmäge we bilim ulgamynda täze üstünliklere bilelikde ýetmäge elmydama taýýardyklaryny tassykladylar. Iki dostlukly döwletiň bähbidine alnyp barylýan jogapkärli işleriň we diplomatik tagallalaryň netijesinde Türkmenistan bilen Koreýa Respublikasynyň arasyndaky gatnaşyklaryň mundan beýläk rowaç aljakdygyna ynam bildirildi. Türkmenistanyň Bilim ministrligi
Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynda «Ýangyç-energetika toplumynyň ykdysadyýeti we dolandyrylyşy» boýunça täze magistrlik maksatnamasy açyldy
Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynda 2026–2027-nji okuw ýylyndan başlap, 5.37.04.29 — «Ýangyç-energetika toplumynyň ykdysadyýeti we dolandyrylyşy» taýýarlyk ugry boýunça täze magistrlik maksatnamasy işe girizildi. Bu täze ugur häzirki zaman energetika pudagynyň ykdysady, dolandyryş, ekologik we sanly ösüş bilen bagly talaplaryny nazara almak bilen işlenip taýýarlanyldy. Täze magistrlik maksatnamasynyň açylmagy ýurdumyzyň ýangyç-energetika toplumyny döwrebaplaşdyrmak, pudagyň ykdysady netijeliligini ýokarlandyrmak, sanly tehnologiýalary ornaşdyrmak, energiýa serişdelerini tygşytly peýdalanmak we durnukly ösüş ýörelgelerini giňden durmuşa geçirmek ýaly möhüm wezipeler bilen baglanyşyklydyr. Maksatnama energetika pudagynyň ykdysadyýeti we dolandyrylyşy boýunça çuňňur nazary hem-de amaly bilimlere eýe bolan ýokary hünärli magistrleri taýýarlamaga gönükdirilendir. Täze taýýarlyk ugrunyň esasy maksady — ýangyç-energetika toplumynyň ykdysadyýeti, dolandyrylyşy, strategiki meýilnamalaşdyrylyşy, tebigy serişdeleriň rejeli peýdalanylyşy, energiýa netijeliligi, durnukly ösüş we häzirki zaman dolandyryş çözgütleri boýunça giňişleýin bilimlere eýe bolan hünärmenleri taýýarlamakdan ybaratdyr. Bu ugur boýunça bilim aljak 20 sany magistrler kärhanalaryň, pudaklaryň we döwlet derejesindäki ykdysady prosesleri seljermek, dolandyryş çözgütlerini taýýarlamak, önümçilikde netijeliligi ýokarlandyrmak, ekologik we durmuş jogapkärçiligi ýörelgelerini ulanmak boýunça zerur başarnyklary ele alarlar. Maksatnamanyň aýratynlygy onuň ykdysadyýet, dolandyryş, ekologiýa, hukuk, jemgyýeti öwreniş, tebigaty goramak we sanly tehnologiýalar ýaly ugurlary özara baglanyşdyrýan toplumlaýyn mazmunyndadyr. Bu bolsa magistrlere diňe bir energetika pudagynyň ykdysady görkezijilerini öwrenmäge däl, eýsem, pudakda durnukly ösüşi üpjün edýän dolandyryş strategiýalaryny işläp taýýarlamaga hem mümkinçilik berýär. Täze magistrlik maksatnamasy «Ýangyç-energetika toplumynyň ykdysadyýeti we dolandyrylyşy» (EDD strategiýalary) bolup, onuň mazmuny EDD, ýagny ekologik, durmuş we dolandyryş çemeleşmelerine esaslanýar. Halkara tejribede ESG hökmünde giňden ulanylýan bu düşünje daşky gurşaw, durmuş jogapkärçiligi we netijeli dolandyryş ugurlarynyň bitewi ulgamyny aňladýar. Şonuň esasynda magistrlere energetika pudagynyň edara-kärhanalarynda durnukly dolandyryş strategiýalaryny işläp taýýarlamak, ekologik we durmuş töwekgelçiliklerini bahalandyrmak, korporatiw dolandyryşy kämilleşdirmek, «ýaşyl» ykdysadyýet ýörelgelerini ulanmak boýunça döwrebap bilimler berler. Maksatnamanyň taýýarlanylmagynda Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň Ýewropa Bileleşiginiň Erasmus+ maksatnamasynyň «Daşky gurşaw meselelerini, durmuş zerurlyklaryny we ýokary dolandyrylyşy Merkezi Aziýanyň bilim we iş üpjünçiligi ulgamlarynda göz öňünde tutmak» atly ESGCA taslamasyna gatnaşmagy möhüm ähmiýete eýe boldy. Bu taslamanyň çäklerinde işlenip taýýarlanan okuw-usuly çemeleşmeler, halkara tejribe we innowasion bilim ugurlary täze magistrlik maksatnamasynyň mazmunyny döwrebaplaşdyrmaga ýardam berdi. ESGCA taslamasy Merkezi Aziýanyň ýokary okuw mekdeplerinde ESG ýörelgelerini ýokary bilim ulgamyna ornaşdyrmaga, ýokary okuw mekdepleriniň mümkinçiliklerini ösdürmäge, ylmy-barlag we innowasiýa işlerini güýçlendirmäge, şeýle hem bilim edaralary bilen iş berijileriň arasyndaky hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga gönükdirilendir. Bu taslamanyň çäklerinde Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynda häzirki zaman enjamlary bilen üpjün edilen ESGCA merkezini döretmek hem meýilleşdirilýär. Bu merkez täze magistrlik taýýarlygynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny has-da berkitmäge, magistrleriň ylmy-barlag işlerini döwrebap şertlerde alyp barmagyna mümkinçilik döreder. «Ýangyç-energetika toplumynyň ykdysadyýeti we dolandyrylyşy» taýýarlyk ugrunyň açylmagy zähmet bazarynyň häzirki zaman talaplary bilen hem berk baglanyşyklydyr. Ýurdumyzda energetika pudagynyň ösüşi, önümçiligiň kämilleşmegi, sanly tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagy we dolandyryş çözgütleriniň ylmy esasda alnyp barylmagy bu ugur boýunça ýokary derejeli hünärmenlere bolan zerurlygy artdyrýar. Şeýle hünärmenler energetika pudagynyň kärhanalarynda ykdysady seljerme, meýilnamalaşdyryş, resurslary dolandyrmak, maliýe-ykdysady netijeliligi ýokarlandyrmak we durnukly ösüş strategiýalaryny durmuşa geçirmek boýunça iş alyp baryp bilerler. Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynda bu ugur boýunça magistrleri taýýarlamak üçin zerur bolan professor-mugallymçylyk, okuw-usuly we maddy-enjamlaýyn mümkinçilikler bar. Institutynyň Energetika pudagynyň ykdysadyýeti kafedrasynda degişli ugur boýunça ylmy we amaly tejribä eýe bolan mugallymlar zähmet çekýärler. Kafedranyň mugallymlary ykdysadyýet, energetika, ESG, durnukly ösüş we dolandyryş ugurlary boýunça halkara okuwlaryna gatnaşyp, degişli tejribeleri topladylar. Täze magistrlik taýýarlygynyň çäklerinde magistrler energetika pudagynyň ykdysadyýeti, daşky gurşawyň ykdysadyýeti, durnukly ösüş, energetika menejmenti, energiýa tygşytlylyk we energiýa netijeliligi, ýangyç-energetika toplumynda resurslary tygşytly peýdalanmagyň döwlet kadalaşdyrylyşy, sebitleýin ykdysadyýet we resurs potensialy, ESG we «ýaşyl» ykdysadyýet, şeýle hem tebigy resurslardan peýdalanmakda sanly tehnologiýalar ýaly ugurlar boýunça ylmy-barlag işlerini alyp bararlar. Magistrleriň önümçilik tejribeligi Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň «Gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleri» ylmy-önümçilik merkezinde, şeýle hem Türkmenistanyň Energetika ministrliginiň garamagyndaky degişli edara-kärhanalarda geçirilmegi göz öňünde tutulýar. Bu tejribelik magistrlere nazary bilimlerini amaly iş bilen utgaşdyrmaga, energetika pudagynyň häzirki zaman meselelerini ýerinde öwrenmäge we dolandyryş çözgütlerini taýýarlamak boýunça endikleri ösdürmäge mümkinçilik berer. Okuwyny üstünlikli tamamlan uçurymlar Türkmenistanyň Energetika ministrliginiň garamagyndaky edara-kärhanalarda, «Türkmenenergo» döwlet elektroenergetika korporasiýasynyň düzümleýin bölümlerinde, pudaklaýyn ylmy-barlag edaralarynda, ýokary we orta hünär okuw mekdeplerinde, şeýle hem beýleki degişli edaralarda zähmet çekip bilerler. Olar energetika pudagynyň ykdysadyýeti we dolandyrylyşy, energiýa netijeliligi, durnukly ösüş, «ýaşyl» ykdysadyýet, ekologik we durmuş jogapkärçiligi, korporatiw dolandyryş ýaly ugurlar boýunça hünärmen hökmünde iş alyp barmaga taýýarlanylar.Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynda bu ugur boýunça okuw-usuly üpjünçiligi hem yzygiderli ösdürilýär. Energetika pudagynyň ykdysadyýeti kafedrasynda «Energetiki bazar we energiýa söwdasy», «Önümçilik menejmenti», «Energetika önümçiliginiň gurnalyşy» ýaly okuw kitaplary we gollanmalary taýýarlanyldy hem-de neşir edildi. Mundan başga-da, «Energetika pudagynyň ykdysadyýeti» okuw kitaby neşire taýýarlanylýar. Ýangyç-energetika we ykdysadyýet ulgamlaryna degişli ylmy makalalaryň, halkara we döwlet derejesindäki çykyşlaryň, tezisleriň hem-de beýleki ylmy işleriň taýýarlanylmagy bu ugurda ylmy binýadyň barha pugtalanýandygyny görkezýär. Täze magistrlik maksatnamasynyň işe girizilmegi Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynda ýokary hünär biliminiň mazmunyny döwrebaplaşdyrmak, halkara tejribä laýyk gelýän bilim maksatnamalaryny ösdürmek, energetika pudagy üçin ýokary derejeli ylmy we amaly taýýarlykly hünärmenleri kemala getirmek ugrunda möhüm ädimdir.Bu maksatnama ýangyç-energetika toplumynyň ykdysadyýetini we dolandyrylyşyny çuňňur özleşdiren, durnukly ösüş, EDD/ESG ýörelgeleri, energiýa netijeliligi, tebigy serişdeleriň tygşytly peýdalanylyşy, sanly tehnologiýalar we häzirki zaman dolandyryş strategiýalary boýunça bilimli, giň dünýägaraýyşly hem-de innowasion pikirlenmäge ukyply magistrleri taýýarlamaga giň mümkinçilik döreder. Türkmenistanyň Döwlet energetika instituty
Gazanylan netijeler täze sepgitlere badalga
Mary welaýatynyň çäginde hereket edýän 398 sany orta mekdepde we 4 sany kömekçi mekdep- internatynda, Saglygy dikeldiş okuw-terbiýeçilik toplumynda geçen okuw ýylynda 22 müň 872 sany mugallym 401 müň 712 sany okuwça bilim we terbiýe berdiler. Mekdebe çenli çagalar edaralarynyň 198-sinde 3 müň 368 sany terbiýeçi 44 müň 807 çaga sowat-terbiýe berdiler. 11-12-nji synp okuwçylarynyň arasynda «Altyn asyryň altyn zehinleri» atly ders bäsleşiginiň döwlet tapgyryna okuwçylaryň 211-si gatnaşdy hem-de olar dersler boýunça 104 sany (14 sany I, 38 sany II, 52 sany III) baýrakly orna, taslama (ylmy-döredijilik) bäsleşigine 74 sany okuwçy 42 sany taslama işi bilen gatnaşyp, olaryň 18-si baýrakly orunlara, takyk we tebigy ugurly okuw dersleri boýunça robot tehnikasy ylmy-döredijilik bäsleşigine 2 sany iş bilen okuwçylaryň 4-si gatnaşyp, baýrakly orunlara mynasyp boldular. Matematika, fizika dersleri boýunça geçirilen 22-nji Halkara Žautykow olimpiadasynda mekdep okuwçylarymyz 1 sany kümüş we 1 sany bürünç medala, halkara Aziýa Fizika olimpiadasynda bolsa 1 sany bürünç medala mynasyp boldular. Halkara derejesinde geçirilen internet bäsleşigine welaýatyň orta mekdeplerinden gatnaşan okuwçylar 1 sany kümüş, 4 sany bürünç medalyna we 113 sany diploma (I derejeli — 86 sany, II derejeli — 23 sany, III derejeli — 4 sany) eýe boldular. 2025 — 2026-njy okuw ýylynda welaýatyň orta mekdeplerini 24 müň 820 sany uçurym tamamlap, olara umumy orta bilim hakyndaky şahadatnama dabaraly ýagdaýda gowşuryldy. Atageldi ANNASEÝIDOW,Mary welaýat Baş bilim müdirliginiň başlygynyň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetiriji.
Gazanylan netijeler täze sepgitlere badalga
Lebap welaýatynyň bilim işgärleri 2025 — 2026-njy okuw ýylyny üstünlikli jemlediler. Geçen okuw ýylynda welaýat boýunça 387 sany umumybilim berýän orta mekdeplerde 338 müň 118 okuwça bilim we terbiýe berildi. Welaýatda 284 sany mekdebe çenli çagalar edaralary bolup, olarda jemi 52 müň 507 çaga terbiýelenýär. 2025 — 2026-njy okuw ýylynda welaýatyň umumybilim berýän orta mekdeplerini uçurymlaryň 23 müň 651-si tamamladylar, täze okuw ýylynda welaýatyň orta mekdepleriniň 1-nji synpyna körpeleriň 20 müň 674-siniň gelmegine garaşylýar. Welaýatyň umumybilim berýän orta mekdepleriniň ýokary synp okuwçylarynyň arasynda geçirilen «Altyn asyryň altyn zehinleri» atly ders bäsleşiginiň döwlet tapgyrynda zehinli okuwçylarymyz jemi 68 sany, taslama (ylmy-döredijilik) bäsleşiginde 6 sany, takyk we tebigy ugurly okuw dersleri boýunça robot tehnikasy bäsleşiginde 1 sany baýrakly orunlara mynasyp boldular. Welaýatyň mekdep okuwçylary Halkara internet bäsleşiklerine-de işjeň gatnaşyp, jemi 1 müň 698 sany, ýagny 1 müň 503 sany I derejeli, 152 sany II derejeli, 43 sany III derejeli Halkara diplomlara, Halkara FISO we UNIPO olimpiadalarynda 118 sany altyn, 135 sany kümüş, 63 sany bürünç medallara mynasyp boldular. Häzirki wagtda welaýatyň umumybilim berýän orta mekdeplerinde abatlaýyş-bejeriş işleri doly tamamlanyp, täze okuw ýylyna taýýar edildi. 2026 — 2027-nji okuw ýylynda mähriban Watanymyzyň geljegi bolan ösüp gelýän ýaş nesle döwrebap bilim we terbiýe bermekde bilim işgärleriniň öňünde jogapkärli wezipeler durýar. Olaryň iň esasylarynyň biri hem, mugallymlaryň iş ussatlygyny kämilleşdirip, täze iş usullaryny sapaklaryna ornaşdyryp, okuwçylaryň ders maksatnamalaryny özleşdirmeklerini, olaryň Watana wepaly, maksada okgunly, berk bedenli, giň dünýägaraýyşly, ylymly-bilimli bolup ýetişmeklerini gazanmakdan ybaratdyr. Meret WELIÝEW,Lebap welaýat Baş bilim müdirliginiň başlygy.
Gazanylan netijeler täze sepgitlere badalga
Daşoguz welaýat Baş bilim müdirliginiň garamagynda 2025 — 2026-njy okuw ýylynda 532 sany umumybilim edaralarynda 382 müň 488 okuwça 26 müňden gowrak mugallymlar bilim-terbiýe berdiler. Okuw ýylynyň jemi boýunça welaýatyň orta mekdeplerinde 23 müň 849 uçurym mekdebi tamamlap, umumy orta bilim hakyndaky şahadatnama aldylar. Täze, 2026 —2027-nji okuw ýylynda welaýatyň umumybilim edaralaryna 28 müň 574-den gowrak mekdep ýaşly körpeleriň okuwa gelmeklerine garaşylýar. Welaýatda 114 sany mekdebe çenli çagalar edaralary bolup, olarda jemi 22 müň 559 sany çaga 2 müň 294 sany bilim-terbiýeçilik işgärleri terbiýe berdiler. Welaýatyň umumybilim berýän orta mekdepleriniň 11-12-nji synp okuwçylary «Altyn asyryň altyn zehinleri» atly ders bäsleşiginiň jemleýji umumydöwlet tapgyryna guramaçylykly gatnaşyp, 67 sany baýrakly orun, şol sanda 10 sany I orun, 19 sany II orun, 38 sany III orun, taslama (ylmy-döredijilik) bäsleşiginiň jemleýji umumydöwlet tapgyrynda welaýatyň okuwçylary jemi 7 sany baýrakly orun gazandylar. Welaýatyň mekdep okuwçylary halkara derejesinde geçirilen ders we taslama bäsleşiklerinde 1 sany kümüş, 2 sany bürünç hem-de halkara derejesinde geçirilen internet bäsleşiklerinde 21 sany altyn, 25 sany kümüş, 19 sany bürünç medallara mynasyp boldular. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe döredijilikli we tapawutlanyp zähmet çekýän, hünärine ussat bilim işgärlerini hem-de nusgalyk işler ýola goýlan göreldeli bilim-terbiýeçilik edaralaryny ýüze çykarmak, olary höweslendirmek maksady bilen geçirilen bäsleşikleriň döwlet tapgyrynda 8 sany baş baýraga, 4 sany 1-nji orna, 1 sany 3-nji orna hem-de 2 sany höweslendiriji baýraklara mynasyp bolundy. 2026 — 2027-nji okuw ýylyna welaýatyň bilim-terbiýeçilik edaralaryny taýýarlamak boýunça degişli işler guramaçylykly geçirildi. Atabaý MÄTNIÝAZOW,Daşoguz welaýat Baş bilim müdirliginiň başlygynyň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetiriji.
Gazanylan netijeler täze sepgitlere badalga
Balkan welaýatynyň çäginde 166 sany umumybilim berýän orta mekdepler, kömekçi mekdep-internaty, Saglygy dikeldiş okuw-terbiýeçilik toplumy, 11 sany mekdepden daşary bilim edarasy, 173 sany mekdebe çenli çagalar edaralary hereket edýär. Welaýatyň umumybilim berýän orta mekdeplerinde geçen okuw ýylynda jemi 7 müň 218 sany mugallym 130 müň 146 okuwça bilim we terbiýe berdiler. Şeýle-de çagalar baglary boýunça 2 müň 132 sany terbiýeçi-mugallym 24 müň 960 çagany terbiýeläp, sowat öwretdiler. Welaýatyň mekdepden daşary bilim edaralarynda 108 sany gurnak ýolbaşçysy hem-de 5 müň 178 çaga bolup, olarda 37 sany ugurly hünärler öwredildi. Geçen okuw ýylynyň netijeleri boýunça welaýatyň umumybilim beryän orta mekdepleriniň 11-12-nji synp okuwçylarynyň arasynda «Altyn asyryň altyn zehinleri» atly ders bäsleşikleriniň jemleýji döwlet tapgyrynda jemi 27 sany baýrakly orna (2 sany I orun, 4 sany II orun, 21 sany III orun), taslama (ylmy-döredijilik) bäsleşiginiň jemleýji döwlet tapgyrynda welaýat boýunça jemi 9 sany baýrakly orna (3 sany I orun, 2 sany II orun, 1 sany III orun, 3 sany höweslendiriji orun) eýe bolundy. Umumybilim beryän orta mekdepleriň 2 — 4-nji synplarynyň okuwçy gyzlarynyň arasynda geçirilen «Iň eýjejik gyzjagaz — 2026» atly bäsleşiginiň döwlet tapgyrynda Gyzylarbat etrabyndaky 29-njy orta mekdebiň 4-nji synp okuwçysy Merjen Durdyýewa III orna mynasyp boldy. Ýurdumyzyň bilim işgärleriniň arasynda yglan edilen «Ýylyň mugallymy — 2026» bäsleşiginiň döwlet tapgyrynda Balkanabat şäherindäki 17-nji orta mekdebiň taryh mugallymy Hemra Täçgylyjow II orna mynasyp boldy. «Ýylyň terbiýeçisi — 2026» bäsleşiginiň döwlet tapgyrynda bolsa Türkmenbaşy şäherindäki 12-nji çagalar bakja-bagynyň terbiýeçisi Oguljahan Annamuhammedowa höweslendiriji orna eýe boldy. «Ýylyň zenany» bäsleşiginiň döwlet tapgyrynda Balkanabat şäherindäki mekdepden daşary bilim edarasynyň müdiri Güljemal Soltanowa I orna mynasyp boldy. Geçen okuw ýylynda welaýatyň orta mekdepleriniň okuwçylary halkara internet bäsleşiklerinde 1 müň 549 sany baýrakly orunlara mynasyp boldular. 2025 — 2026-njy okuw ýylynda mekdebi tamamlan uçurymlaryň 8 müň 694 sanysyna orta bilim hakyndaky şahadatnamalar, 8 müň 680 sanysyna hünär bilimi hakyndaky şahadatnamalar dabaraly ýagdaýda gowşuryldy. Jumagelgi ANNAMÄMMEDOW,Balkan welaýat Baş bilim müdirliginiň başlygynyň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetiriji.
Gazanylan netijeler täze sepgitlere badalga
Ahal welaýatynyň bilim-terbiýeçilik edaralarynyň pedagogik işgärleri ýaş nesillerimiziň çuňňur bilim-terbiýe almaklary üçin tutanýerli we yhlasly zähmet çekýärler. Geçen 2025 — 2026-njy okuw ýylynyň jemleri boýunça welaýatyň çäginde 380 sany bilim-terbiýeçilik edaralary, şol sanda 243 sany umumybilim berýän orta mekdep, 136 sany mekdebe çenli çagalar edaralary we 1 sany welaýat Saglygy dikeldiş okuw-terbiýeçilik toplumy hereket edýär. Umumybilim berýän orta mekdeplerde 239 müň 638 (şol sanda welaýat Saglygy dikeldiş okuw-terbiýeçilik toplumynda 399) okuwçy, mekdebe çenli çagalar edaralarynda 24 müň 985 çaga bilim we terbiýe aldy. Okuw ýylynyň dowamynda orta mekdeplerde jemi 11 müň 815 mugallym, mekdebe çenli çagalar edaralarynda 1 müň 727 terbiýeçi ýaş nesle bilim we terbiýe berdi. Orta mekdepleriň ýokary synp okuwçylarynyň arasynda «Altyn asyryň altyn zehinleri» atly ders bäsleşiginiň döwlet tapgyrynda welaýatymyzyň zehinli mekdep okuwçylary 34 sany baýrakly we 2 sany höweslendiriji, taslama (döredijilik) bäsleşiginde 6 sany baýrakly we 2 sany höweslendiriji, takyk we tebigy ugurly okuw dersleri boýunça robot tehnikasy ylmy-döredijilik bäsleşiginde 1 sany baýrakly we 2 sany höweslendiriji orunlara mynasyp boldular. Welaýatyň umumybilim berýän mekdepleriniň okuwçylary halkara internet bäsleşigine gatnaşyp, 1 müň 941 sany baýrakly 1-nji orna mynasyp boldular. Welaýatyň bilim-terbiýeçilik işgärleriniň arasynda yglan edilen bäsleşikleriň döwlet derejesinde geçirilen tapgyrynda «Ýylyň mugallymy — 2026» bäsleşiginde Kaka etrabyndaky 18-nji orta mekdebiň fizika mugallymy Mahym Annamuhammedowa baş baýraga, «Mekdep müdiriniň iň göreldeli okuw-terbiýeçilik işleri boýunça orunbasary» bäsleşiginde Sarahs etrabyndaky 13-nji orta mekdebiň müdiriniň okuw işleri boýunça orunbasary Ogultuwak Orryýewa III orna, «Iň gowy mekdep» bäsleşiginde Ak bugdaý etrabynyň ýöriteleşdirilen 45-nji orta mekdebi II orna, «Iň göreldeli mekdep müdiri» bäsleşiginde Tejen etrabyndaky ýöriteleşdirilen 33-nji orta mekdebiň müdiri Gülnar Garýagdyýewa III orna, «Iň göreldeli çagalar bagynyň müdiri» bäsleşiginde Ak bugdaý etrabyndaky 12-nji çagalar bagynyň müdiri Güljemal Berkeliýewa III orna, «Iň göreldeli aýdym-saz mugallymy» bäsleşiginde Sarahs etrabyndaky 11-nji çagalar bagynyň aýdym-saz mugallymy Döwletgeldi Durdyýew II orna, «Iň gowy mekdepden daşary çagalar edarasy» bäsleşiginde Sarahs etrabyndaky çagalar-ýetginjekler döredijilik öýi II orna mynasyp boldy. Batyr ÇARLYÝEW,Ahal welaýat Baş bilim müdirliginiň başlygy.
Gazanylan netijeler täze sepgitlere badalga
Aşgabat şäher Baş bilim müdirligine 347 sany bilim-terbiýeçilik edarasy degişli bolup, oňa 149 sany umumybilim berýän orta mekdepler, 5 sany mekdepden daşary edaralar, 193 sany çagalar baglary degişlidir. 2025 — 2026-njy okuw ýylynda orta mekdepler boýunça 207 müň 810, mekdep-internatlar boýunça 972, jemi 208 müň 782, çagalar bagy boýunça 43 müň 887, jemi 252 müň 669 çaga bilim we terbiýe aldy. Aşgabat şäher Baş bilim müdirliginiň garamagynda 52 sany ýöriteleşdirilen orta mekdep, 9 sany ýöriteleşdirilen mekdebe çenli çagalar edaralary hereket edýär. Geçen okuw ýylynda mekdep okuwçylarynyň arasynda yglan edilen «Altyn asyryň altyn zehinleri» atly ders bäsleşikleriniň çäginde taslama (ylmy-döredijilik), ders bäsleşikleri, ýöriteleşdirilen mekdepleriň okuwçylarynyň arasynda robot tehnikasy, takyk we tebigy ugurly okuw dersleri boýunça ylmy-döredijilik bäsleşiginiň etrap, şäher hem-de döwlet tapgyrlary geçirildi. Aşgabat şäheri boýunça bu bäsleşikleriň jemleýji umumydöwlet tapgyryna jemi 195 okuwçy gatnaşmaga hukuk gazandy we olaryň 64-si baýrakly orunlara mynasyp boldular. Paýtagtymyzdaky ýöriteleşdirilen 135-nji orta mekdepde okuwçylaryň arasynda geçirilen III Halkara matematika olimpiadasynda Aşgabat şäherindäki orta mekdepleriň okuwçylarynyň 21 sanysy ýeňiji bolup (6 sany altyn, 8 sany kümüş, 7 sany bürünç medallara eýe bolup), bäsleşige gatnaşan döwletleriň arasynda 1-nji orna mynasyp bolmagy başardylar. Halkara derejesinde mekdep okuwçylarynyň arasynda geçirilen 43-nji Balkan matematika olimpiadasynda okuwçylarymyz 1sany altyn, 1 sany kümüş, 3 sany bürünç medala, IV halkara matematika we informatika olimpiadasynda 2 sany altyn, 3 sany kümüş we 1 sany bürünç medala, halkara matematika olimpiadasynda 1 sany bürünç medala mynasyp bolmagy, robot tehnikasy boýunça halkara bäsleşiginde 5 sany zehinli mekdep okuwçylarymyz ýaryşyň «TOP-20» toparyna girmegi başardylar. Aşgabat şäherindäki umumybilim berýän orta mekdepleri üstünlikli tamamlan 12 müň 839 sany uçurymlara umumy orta bilim hakyndaky hem-de 12 müň 806 sany hünär taýýarlygy hakyndaky, 68 sany başlangyç bilimi hakyndaky şahadatnamalar dabaraly gowşuryldy. Çarymyrat ANNAORAZOW,Aşgabat şäher Baş bilim müdirliginiň başlygy.
Gazanylan netijeler täze sepgitlere badalga
Türkmenistanyň mukaddes Garaşsyzlygynyň şanly 35 ýyllygynyň dabaralanýan «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda ähli ulgamlarda gazanylýan üstünlikler bilen bir hatarda bilim ulgamyndaky ösüşlerdir özgertmeler her birimizi guwandyrýar. Gazanylan buýsandyryjy üstünlikler, ýetilen belent sepgitler toý buýsanjymyzy goşalandyrýar. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe nurana geljegimiziň eýeleri bolan bagtyýar nesilleriň aň-bilim taýdan ösmegi we milli ruhda terbiýelenmegi, berk bedenli, ruhubelent bolup ýetişmekleri üçin ähli şertler hem-de giň mümkinçilikler döredilýär. Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde bilimli, terbiýeli, maksada okgunly nesil kemala gelýär. Ylym, bilim kämilligiň berk binýady bolup, Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimizde ylymly, bilimli ýaşlary kemala getirmek esasy wezipeleriň hatarynda goýulýar. Ylym-bilim ulgamyna döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri hökmünde garalýar. Bilim özgertmeleri barha rowaçlanýar, bu ugurda netijeli işler alnyp barylýar hem-de öňdebaryjy tejribeler durmuşa ornaşdyrylýar. Döwrüň talaplaryna laýyklykda, ýurdumyzyň bilim ulgamynyň ähli basgançaklarynda bilimiň hili, mazmuny we görnüşleri kämilleşdirilýär. «Türkmenistanda umumybilim maksatnamalary boýunça okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmegiň 2028-nji ýyla çenli Konsepsiýasyna» laýyklykda netijeli işler ýerine ýetirildi. Häzirki wagtda umumybilim edaralaryny sanlylaşdyrmagyň barşynda dürli dersler boýunça okuw sapaklaryny häzirki zamanyň ösen talaplaryna laýyk getirmekde zerur şertler döredilýär we okuw-usulyýetleri has-da kämilleşdirilýär. Okatmagyň öňdebaryjy, ýokary netijeli innowasion usullaryny we mümkinçiliklerini okuw - terbiýeçilik işlerine ornaşdyrmagyň halkara tejribeleri öwrenilýär hem-de özleşdirilýär. Okuw kitaplary, gollanmalar, okuw-usuly toplumlar elektron görnüşinde täze maglumatlar esasynda baýlaşdyrylýar. Bular dogrusynda bilim işgärleriniň 17—19-njy awgust aralygynda geçirilen etrap, şäher usuly-amaly okuwlarynda tejribeler alşyldy. Bilim işgärleriniň etrap, şäher, welaýat usuly-amaly maslahatlarynda bolsa geçen okuw ýyly boýunça hasabatlar, täze okuw ýylynda öňde durýan wezipeler giňden ara alnyp maslahatlaşyldy. Arkadag şäherindäki bilim edaralarynda ýaş nesle berilýän bilimiň hilini dünýä derejesine laýyklykda ýola goýmak, täze tehnologiýalary, bilim ulgamynda okuw-tehniki enjamlary netijeli peýdalanmak, ýokary tizlikli internet torunyň ähli bilim edaralarynda hereket etmegini guramak boýunça geçen okuw ýylynda netijeli işler alnyp baryldy. 2025 — 2026-njy okuw ýylynda Arkadag şäheriniň zehinli okuwçylary «Altyn asyryň altyn zehinleri» ders we ylmy-döredijilik (taslama) bäsleşiginiň döwlet tapgyrynda 7 sany baýrakly orna mynasyp bolmagy başardylar. Ýokary okuw mekdepleri tarapyndan guralan olimpiadalarda bolsa mekdep okuwçylarynyň 5-si ýokary netijeleri gazandy. Şeýle hem 1-nji ýöriteleşdirilen okuw-terbiýeçilik toplumynyň «Robototehnika» bilim merkeziniň 2 sany okuwçysy Birleşen Arap Emirlikleriniň Dubaý şäherinde geçirilen halkara bäsleşikde uly üstünlik gazanyp, bürünç medallary eýelediler. Bilim işgärleriniň döredijilik ussatlygyny, ukyp-başarnyklaryny ýokarlandyrmak we olaryň zähmetini höweslendirmek maksady bilen geçirilen bäsleşiklerde hem uly üstünlikler gazanyldy. «Ýylyň mugallymy — 2026» hem-de «Ýylyň terbiýeçisi — 2026» atly bäsleşiklerine Arkadag şäheriniň bilim işgärleri işjeň gatnaşdylar. Bilim-terbiýeçilik edaralarynyň we pedagogik işgärleriň arasynda döwlet derejesinde geçirilen bäsleşiklerde hem şäheriň mugallymlary gowy netijeleri gazanmagy başardylar. Şunda «Mekdep müdiriniň iň göreldeli okuw-terbiýeçilik işleri boýunça orunbasary» ugry boýunça 3-nji orta mekdebiň müdiriniň okuw-terbiýeçilik işleri boýunça orunbasary baş baýraga, «Iň gowy çagalar bagy» ugry boýunça bolsa Arkadag şäherindäki 9-njy çagalar bakja-bagy 1-nji orna mynasyp boldy. Ýanwar ANNAÝEW,Arkadag şäheriniň bilim müdirliginiň başlygy.
HYYÖU-niň wekiliýetiniň Kent döwlet uniwersitetine sapary halkara hyzmatdaşlygy ösdürmäge gönükdirildi
Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniñ wekiliýeti 2026-njy ýylyň 17–27-nji awgusty aralygynda Amerikanyň Birleşen Ştatlarynda ýerleşýän Kent döwlet uniwersitetine resmi saparyny amala aşyrýar. Saparyň esasy maksady iki ýokary okuw mekdebiniň arasynda ýola goýlan hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek, akademiki gatnaşyklary giňeltmek, ýokary bilimiň halkara derejesini ýokarlandyrmak we institusional ösüş boýunça tejribe alyşmakdan ybaratdyr. Saparyň maksatnamasynyň çäklerinde HYYÖU-niň wekilleri ABŞ-nyň ýokary bilim ulgamynyň aýratynlyklary bilen tanyşýarlar hem-de Kent döwlet uniwersitetiniň hünärmenleri bilen ikitaraplaýyn diplom maksatnamalary, okuw maksatnamalarynyň halkara derejesinde kämilleşdirilmegi, bilim ulgamynda hil üpjünçiligi, akkreditasiýa, täze akademiki maksatnamalary işläp taýýarlamak we häzirki zaman okatmagyň usullary boýunça pikir alyşýarlar. Saparyň möhüm ugurlarynyň biri ýokary bilimiň hilini üpjün etmek we akkreditasiýa meselelerine bagyşlanýar. Amaly okuwlaryň we hünärmenler bilen geçirilen işjeň ara alyp maslahatlaşmalaryň dowamynda HYYÖU-niň wekilleri HLC, ABET we AACSB ýaly akkreditasiýa ugurlary, bilim netijelerini kesgitlemek, okuw maksatnamalaryny kämilleşdirmek, baha beriş usullary we mugallymlaryň hünär derejesini ýokarlandyrmak boýunça öňdebaryjy tejribeleri öwrenýärler. Şeýle hem HYYÖU-nde hil üpjünçiligi ulgamyny ösdürmek we täze akademiki maksatnamalary taýýarlamak boýunça anyk hereketleriň ýol kartasy ara alnyp maslahatlaşylýar. Saparyň dowamynda halkara talyplary kabul etmek we olara goldaw bermek meselelerine hem aýratyn üns berilýär. Kent döwlet uniwersitetiniň degişli hünärmenleri bilen geçirilen duşuşyklarda halkara we magistratura maksatnamalaryna talyplary kabul etmegiň tertibi, MBA maksatnamasynyň ösdürilmegi we halkara talyplar üçin hyzmatlar boýunça tejribe alyşylýar. Wekiliýet uniwersitetiň kitaphanasyna baryp, OhioLINK we ILLiad ulgamlary, ylmy çeşmeler, ýazuw we repetitorlyk hyzmatlary hem-de talyplar üçin döredilen beýleki akademiki mümkinçilikler bilen tanyşýar. Şeýle hem HYYÖU-niň wekiliýeti Kent döwlet uniwersitetiniň Hormat we Global bilim hem-de hyzmatdaşlyk toparynyň ýolbaşçylary bilen duşuşyk geçirýär. Saparyň çäklerinde uniwersitetiň umumy ýaşaýyş jaýlaryna, DI Hub merkezine, Talyplar merkezine we beýleki desgalaryna aýlanyp görmek arkaly ABŞ-nyň ýokary okuw mekdebiniň akademiki we talyp durmuşynyň guralyşy bilen tanyşmaga mümkinçilik döredilýär. Saparyň maksatnamasynda Türkmenistanyň Birleşen Ştatlardaky ilçihanasynyň wekilleri bilen duşuşyk hem orun aldy. Medeni we jemgyýetçilik çäreleri bolsa iki ýurduň wekilleriniň arasynda özara düşünişmegi we dostlukly gatnaşyklary has-da berkitmäge ýardam edýär. Bu sapar Türkmenistanda halkara hyzmatdaşlygyň we ýokary bilimiň ösüşine döredilýän giň mümkinçilikleriň çäginde amala aşyrylýar. Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy, Gahryman Arkadag Gurbanguly Berdimuhamedowyň hem-de Türkmenistanyň Prezidenti, Arkadagly Gahryman Serdar Berdimuhamedowyň öňdengörüjilikli we parasatly ýolbaşçylygynda ýaşlara, ýokary okuw mekdeplerine hem-de ylmy-akademiki jemgyýetçilige dünýäniň öňdebaryjy bilim edaralary bilen hyzmatdaşlygy ýola goýmak, halkara bilim maksatnamalaryna gatnaşmak we daşary ýurtlaryň baý tejribesini öwrenmek üçin giň mümkinçilikler döredilýär. Şu nukdaýnazardan, HYYÖU bilen Kent döwlet uniwersitetiniň arasyndaky hyzmatdaşlyk Türkmenistanyň ýokary bilim ulgamynyň halkara giňişligindäki ornuny has-da pugtalandyrmaga ýardam edýän netijeli hyzmatdaşlygyň aýdyň mysallarynyň biridir. Şeýle halkara gatnaşyklary öňdebaryjy tejribeleri ornaşdyrmaga, bilimiň hilini ýokarlandyrmaga, täze akademiki maksatnamalary ösdürmäge we talyplaryň hem-de mugallymlaryň halkara mümkinçiliklerini giňeltmäge hyzmat edýär. Kent döwlet uniwersitetine amala aşyrylýan bu sapar HYYÖU-niň halkara hyzmatdaşlygyny mundan beýläk-de ösdürmekde möhüm ädim bolup durýar. Saparyň dowamynda alnan bilimler, tejribeler we täze döredilen hünär gatnaşyklary uniwersitetiň institusional ösüşine, bilim işiniň hiliniň ýokarlandyrylmagyna hem-de halkara hyzmatdaşlygyň täze ugurlarynyň açylmagyna mynasyp goşant goşar. Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersiteti
Bilimler we talyp ýaşlar güni mynasybetli ylmy-amaly maslahat
Däp bolup gelşi ýaly, her ýylyň 1-nji sentýabrynda Türkmenistanda Bilimler we talyp ýaşlar güni giňden bellenilýär. Bu ajaýyp baýram hem-de täze okuw ýylynyň başlanmagy mynasybetli, Arkadagly Gahryman Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň mekdep okuwçylaryna, talyp ýaşlaryna, mugallymlaryna we bilim işgärlerine Gutlag ibermegi bu çäräniň syýasy derejesiniň örän ýokarydygyny tassyklaýar. Bu şanly baýram, ýagny Bilimler we talyp ýaşlar güni mynasybetli 2026-njy ýylyň 24-nji awgustynda Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetinde “Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýokary derejeli inžener-tehniki hünärmenleri taýýarlamagyň wajyplygy” atly ylmy-amaly maslahat geçirildi. Ylmy-amaly maslahatyň umumy mejlisinde uniwersitetiň professory N.Suwhanow Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde ýurdumyzda ylym-bilim ulgamyny ösdürmekde uly işleriň amala aşyrylýandygyny we bu ugurda ýokary derejeli inženerleri taýýarlamakda ähli mümkinçilikleriň döredilendigini aýratyn belläp geçdi. Soňra uniwersitetiň uly mugallymy G.Saparowa hünärmenleriň ynsanperwer taýýarlygynyň kämilleşmegi ugrunda alnyp barylýan işler barada çykyş etdi. Ylmy-amaly maslahata ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň professor-mugallymlary, talyplary, alymlary, ylym edaralarynyň wekilleri işjeň gatnaşdylar. Ylmy-amaly maslahata gatnaşyjylar dünýäniň parahatçylygyny pugtalandyrmak baradaky Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň beýik başlangyçlarynyň elmydama rowaç bolmagyny, janlarynyň sag, ömürleriniň uzak, bolmagyny arzuw etdiler. Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkaranebit we gaz uniwersiteti
ÝAGŞYGELDI KAKAÝEW ADYNDAKY HALKARA NEBIT WE GAZ UNIWERSITETINDE NEBITGAZ PUDAGYNYŇ YKDYSADYÝETI WE DOLANDYRYLYŞY BOÝUNÇA TÄZE MAGISTRLIK MAKSATNAMASY IŞE GIRIZILDI
Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetinde häzirki zaman nebitgaz pudagynyň talaplaryna laýyk gelýän, halkara tejribä we innowasion çemeleşmelere esaslanýan täze magistrlik maksatnamasy işe girizildi. Täze maksatnama 5.37.04.33 – «Nebitgaz pudagynyň ykdysadyýeti we dolandyrylyşy» taýýarlyk ugry boýunça işlenip taýýarlanyldy. Maksatnama häzirki zaman nebitgaz pudagynda ykdysady we dolandyryş çözgütlerini netijeli amala aşyrmaga ukyply, durnukly ösüş, daşky gurşawy goramak, durmuş jogapkärçiligi we netijeli dolandyryş ýörelgelerini öz işinde ulanýan ýokary hünärli magistrleri taýýarlamaga gönükdirilendir. Täze magistrlik maksatnamasynyň döredilmeginde Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň Erasmus+ maksatnamasynyň halkara taslamalaryna gatnaşmagynyň netijeleri möhüm ähmiýete eýe boldy. Hususan-da, ESGCA we GDCAU taslamalarynyň çäklerinde işlenip taýýarlanan okuw-usuly çemeleşmeler we halkara tejribeler täze magistrlik maksatnamasynyň ýöriteleşmeleriniň mazmunyny döwrebaplaşdyrmaga mümkinçilik berdi. Maksatnamanyň ilkinji ýöriteleşmesi 5.37.04.33-01 – «Nebitgaz pudagynyň ykdysadyýeti we dolandyrylyşy (EDD strategiýalary)» bolup, onuň mazmuny Erasmus+ maksatnamasynyň ESGCA («Daşky gurşaw meselelerini, durmuş zerurlyklaryny we ýokary dolandyrylyşy Merkezi Aziýanyň bilim we iş üpjünçiligi ulgamlarynda göz öňünde tutmak») taslamasynyň çäklerinde işlenip taýýarlanan EDD (ekologik, durmuş we dolandyryş) çemeleşmelerine esaslanýar. ESG – daşky gurşaw (Environmental), durmuş (Social) we dolandyryş (Governance) ugurlarynyň bitewi ulgamyny aňladýar. Bu ýöriteleşme boýunça talyplara nebitgaz kärhanalarynyň işinde EDD ýörelgelerini ulanmak, durnukly dolandyryş strategiýalaryny taýýarlamak, ekologik we durmuş töwekgelçiliklerini bahalandyrmak, korporatiw dolandyryşy kämilleşdirmek ýaly ugurlar boýunça döwrebap bilimleri bermek göz öňünde tutulýar. Ikinji ýöriteleşme 5.37.04.33-02 – «Nebitgaz pudagynyň ykdysadyýeti we dolandyrylyşy (Nebitgaz pudagynyň durnukly ösüşi)» bolup, ol Erasmus+ maksatnamasynyň GDCAU – “Green Deal for Central Asian Universities” (Merkezi Aziýanyň uniwersitetleri üçin ýaşyl ylalaşyk) taslamasynyň çäklerinde işlenip taýýarlanan durnukly ösüş we «ýaşyl» özgertme çemeleşmeleri bilen baglanyşyklydyr. Bu ýöriteleşme nebitgaz pudagynyň uzak möhletleýin durnukly ösüşini üpjün etmek, tebigy serişdelerden netijeli peýdalanmak, daşky gurşawa düşýän täsiri azaltmak, energiýa netijeliligini ýokarlandyrmak we häzirki zaman «ýaşyl» ykdysadyýet ýörelgelerini pudagyň ösüşine ornaşdyrmak ýaly ugurlara gönükdirilendir. ESGCA taslamasy Merkezi Aziýanyň ýokary okuw mekdeplerinde ESG ýörelgelerini ýokary bilim ulgamyna ornaşdyrmaga we zähmet bazarynyň häzirki zaman talaplaryna laýyk hünärmenleri taýýarlamaga gönükdirilen Erasmus+ taslamalarynyň biridir. Taslamanyň çäklerinde täze okuw maksatnamalaryny taýýarlamak, ýokary okuw mekdepleriniň mümkinçiliklerini ösdürmek, ylmy-barlag we innowasiýa işlerini güýçlendirmek, şeýle hem bilim edaralary bilen iş berijileriň arasyndaky hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça işler alnyp barylýar. GDCAU taslamasy bolsa Merkezi Aziýanyň ýokary okuw mekdeplerinde European Green Deal ýörelgelerini we durnukly ösüş çemeleşmelerini ornaşdyrmaga gönükdirilendir. Taslama bilim, ylmy-barlag, innowasiýa, uniwersitetleriň dolandyrylyşy we işewürlik bilen hyzmatdaşlyk ýaly ugurlarda «ýaşyl» özgertmeleriň ösdürilmegine ýardam berýär. Şol halkara taslamalaryň netijeleriniň täze magistrlik maksatnamasynyň mazmunynda öz beýanyny tapmagy uniwersitetiň halkara hyzmatdaşlygynyň anyk bilim netijesine öwrülendigini görkezýär. Täze maksatnama boýunça magistrlige kabul ediş işleri hem 2026-njy ýylda üstünlikli geçirildi. Türkmenistanyň Prezidentiniň 2026-njy ýylyň 10-njy iýulynda çykaran PB-1812 belgili buýrugy esasynda 2026-njy ýylyň 13–26-njy iýuly aralygynda 5.37.04.33 «Nebitgaz pudagynyň ykdysadyýeti we dolandyrylyşy» taýýarlyk ugry boýunça magistrlik maksatnamasyna okuwa kabul etmek üçin dalaşgärlerden resminamalar kabul edildi. Jemi 50 talyba çenli kabul etmek meýilleşdirilip, görkezilen ugra 50 dalaşgär öz resminamalaryny tabşyrdy. 2026-njy ýylyň 2–4-nji awgusty aralygynda resminamalaryny tabşyran dalaşgärlerden degişli synaglar alyndy. Synaglaryň netijeleri boýunça Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň rektorynyň 2026-njy ýylyň 4-nji awgustyndaky №443/2 belgili buýrugy bilen 50 sany dalaşgär magistrlik maksatnamasyna okuwa kabul edildi. Kabul edilen magistrantlary iki topara bölmek karar edildi. Birinji topar 5.37.04.33-01 «Nebitgaz pudagynyň ykdysadyýeti we dolandyrylyşy (EDD strategiýalary)» ýöriteleşmesi, ikinji topar bolsa 5.37.04.33-02 «Nebitgaz pudagynyň ykdysadyýeti we dolandyrylyşy (Nebitgaz pudagynyň durnukly ösüşi)» ýöriteleşmesi boýunça bilim alar. Şeýlelikde, 2026–2027-nji okuw ýylyndan başlap Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetinde nebitgaz pudagynyň ykdysadyýeti we dolandyrylyşy boýunça täze magistrlik taýýarlygynyň başlanmagy ýokary hünär biliminiň mazmunyny halkara tejribä laýyklykda döwrebaplaşdyrmak ugrunda möhüm ädim boldy. Iki ýöriteleşmäniň hem Erasmus+ taslamalarynyň çäklerinde döredilen halkara bilim we tejribe bilen baglanyşdyrylmagy uniwersitetiň halkara hyzmatdaşlygynyň netijeliligini görkezýär. Täze maksatnama nebitgaz pudagynyň ykdysadyýetini we dolandyrylyşyny çuňňur özleşdiren, şol bir wagtyň özünde EDD, durnukly ösüş, «ýaşyl» ykdysadyýet we häzirki zaman dolandyryş strategiýalary boýunça bilimlere eýe bolan magistrleri taýýarlamaga mümkinçilik berer. Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersiteti
Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetinde «PETRONAS Çarigali (Türkmenistan) Sdn Bhd» kompaniýasynyň we «PETRONAS» kompaniýasynyň Tehnologiýa uniwersitetiniň wekilleri bilen duşuşyk geçirildi
Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň ýolbaşçylary bilen «PETRONAS Çarigali (Türkmenistan) Sdn Bhd» kompaniýasynyň we «PETRONAS» kompaniýasynyň Tehnologiýa uniwersitetiniň wekilleriň arasynda ylym-bilim ulgamynda alnyp barylýan işleri ara alyp maslahatlaşmak maksady bilen uniwersitetde duşuşyk geçirildi. Duşuşygyň dowamynda uniwersitetiň rektory Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň fakultetleri, kafedralary we onda bilim berilýän hünärler, taýýarlygyň ugurlary hem-de uniwersitetiň ýeten sepgitleri bilen duşuşyga gatnaşyjylary tanyşdyrdy. Hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda ylym-bilim ulgamyny döwrüň talabyna laýyklykda kämilleşdirmek, ýaş nesile ylmyň-bilimiň soňky gazananlaryny okuw we ylym işlerine ornaşdyrmak boýunça yzygiderli tagallalaryň edilýändigini hem-de Hormatly Prezidentimiziň tabşyryklaryna laýyklykda uniwersitetde daşary ýurtlaryň abraýly ýokary okuw mekdepleri we kompaniýalary bilen ýakyndan hyzmatdaşlyk alnyp barylýandygyny belläp geçdi. Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň talyplary we mugallymlary üçin nebitgaz pudagynda ulanylýan öňdebaryjy tehnologiýalar we enjamlar barada onlaýn okuwlaryny geçirilýändigini hem-de Malaýziýanyň “PETRONAS” kompaniýasynyň Tehnologiýa uniwersitetinde uniwersitetimiziň talyplary üçin tomusky önümçilik tejribeliklerine yzygiderli gatnaşýandyklaryny aýtdy. 2024-nji ýylyň 13-nji noýabrynda “Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersiteti bilen “Petronas Çarigali (Türkmenistan) Sdn Bhd” kompaniýasy we Petronas kompaniýasynyň Tehnologiýa uniwersitetiniň arasynda özara düşünişmek hakynda baglaşylan Ähtnama ylym-bilim ulgamynda özara bähbitli hyzmatdaşlygy dowam etdirmek boýunça dördünji Ähtnama bolup durýar. «PETRONAS» kompaniýasynyň Bilim we adam kapitalyna maýa goýumlary boýunça Baş direktory Akmal Niza Ahmad “PETRONAS” kompaniýasynyň Tehnologiýa uniwersitetiniň Malaýziýada we Aziýada inžener ugurly ýokary okuw mekdepleriniň arasynda uly abraýdan peýdalanýandygyny belläp, Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersiteti bilen alnyp barylýan özara bähbitli hyzmatdaşlyk üçin hoşallygyny bildirdi. Ylmy-barlag işlerini alyp barmaklyga gyzyklanma bildirip, bilelikde ylmy temalar boýunça ylmy işleri alyp barmaklygy, ylmy makalalary ýazmaklygy we olary halkara indekslenýän ylmy žurnallarda çap etmeklikde hyzmatdaşlygy ýola goýmaga çagyrdy. Wekil Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetinde nebitgaz, geologiýa, himiýa tehnologiýasy we sanly ulgam boýunça Malaýziýanyň “PETRONAS” kompaniýasynyň Tehnologiýa uniwersitetiniň professorlarynyň onlaýn we gatnaşylyp geçirilýän okuwlarynyň dowam etdiriljekdigini habar berdi. Duşuşygyň soňunda myhmanlar uniwersitetiň ýolbaşçylaryna öz minnetdarlyklaryny bildirdiler. Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersiteti
Halkara ýaryşyň ýeňijisi
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň “Garaşsyz baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany” ýylynda ýurdumyzyň beýleki ugurlary bilen bir hatarda sport ulgamyny ösdürmäge, sagdyn bedenli, giň dünýägaraýyşly ýaşlary kemala gelmegi ugrunda Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýolbaşçylygynda uly tutumly işler amala aşyrylýar. Ýurdumyzyň her bir künjeginde köpugurly sport toplumlarynyň gurulmagy, ulanylmaga berilmegi Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň türkmen ýaşlary hakyndaky atalyk aladalaryndan aýdyň nyşandyr. Diňe bir öz ýurdumyzyň çäginde halkara derejesinde sport ýaryşlarynyň geçirilmegi bilen çäklenmän, sportuň dürli görnüşleri bilen meşgullanýan türgenleriň dünýä döwletlerinde geçirilýän ýaryşlara gatnaşmaklaryna giň mümkinçilikleriň döredilmegi hem Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň türkmen ýaşlary hakyndaky atalyk aladalarynyň aýdyň miweleridir. 2026-njy ýylyň awgust aýynyň 16-24-i aralygynda Hindistan Respublikasynyň Mumbaý şäherinde sportuň küşt görnüşi boýunça 20 ýaşa çenli gyzlaryň arasynda Aziýa çempionaty geçirildi. Bu abraýly ýaryş Aziýanyň 10 döwletinden jemi 190 ýaş grossmeýstrlerini özünde jemläp örän çekeleşikli geçdi. Ýaryşyň netijesi boýunça Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň 2-nji ýyl talyby Şöhradowa Lala ýurdumyzyň adyndan wekilçilik edip, 1 altyn hem-de 1 kümüş medallary gazanyp türkmen baýdagymyzy al-asmana galdyrmagy başardy. Bu üstünlikler ýurdymyzda sportuň täze belentliklere çykmagy üçin öňde goýlan wezipeleriň üstünlikli durmuşa geçirilýändigini aýdyň beýan edýär. Her bir ugurdaky yhlas siňdirilip amala aşyrylýan işleriň ýakasynda durup, olara ruhy ganat berýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak, ähli tutumly işleri rowaçlyklara beslensin. Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersiteti
Balkan welaýatynda öňdebaryjy pedagogik işgärleriniň maslahaty işjeň geçirildi
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda milli ykdysadyýetiň ähli ugurlarynda uly ösüşler, guwandyryjy we buýsandyryjy üstünlikler gazanylýar. Milli bilim ulgamyny döwrebaplaşdyrmakda, sanly bilimi has-da ösdürmekde, ýurdumyzyň nurana geljegi bolan ýaşlarymyzyň ruhy ahlak, medeni, aň bilim hem beden taýdan sazlaşykly ösüşini yzygiderli kämilleşdirmekde ägirt uly işler amala aşyrylýar. Balkan welaýatynyň Balkanabat şäheriniň 25-nji orta mekdebinde öňdebaryjy pedagogik işgärleriniň maslahaty 2026-njy ýylyň 23-nji awgustynda «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan-bedew batly at-myradyň mekany» diýen şygar bilen geçirildi. Maslahatda öz kärine ussat, tejribeli, okuw-terbiýeçilik işlerini ylmy-usuly esasda täzeçe guraýan, döredijilikli işleýän bilim işgärleriniň çykyşlary guraldy. Maslahatda çykyş eden öňdebaryjy bilim işgärleri bilim edaralarynyň pedagogik işgärleriniň özüni kämilleşdirmegi, öz bilimini yzygider artdyrmagy, hünär derejesini we ussatlygyny ýokarlandyrmagy, täze usullary özleşdirmegi, öňdebaryjy tejribäni öwrenmegi we ulanmagy babatda alnyp barylýan işleri dogrusynda çykyş etdiler. Maslahatyň geçýän ýerinde döredijilikli we ýokary netijeli işleýän pedagogik işgärleriň mugallymçylyk iş tejribeleri boýunça hem-de Milli Liderimiziň «Älem içre at gezer», «Döwlet guşy» romanlarynyň, «Türkmen medeniýeti», «Ile döwlet geler bolsa... », «Arşyň nepisligi», «Gadamy batly bedew», «Parahatçylyk sazy, dostluk, doganlyk sazy», «Türkmenistan», «Mertler Watany beýgeldýär», «Mert ýigitler gaýrat üçin dogulýar», «Sport dostluga, saglyga we gözellige tarap ýoldur», «Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi», «Türkmenistan Durnukly ösüşiň maksatlaryna ýetmegiň ýolunda», «Enä tagzym — mukaddeslige tagzym», «Atda wepa-da bar, sapa-da», «Türkmen alabaýy», «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi», «Garaşsyzlyk — bagtymyz», «Ömrümiň manysy», «Ömrümiň manysynyň dowamaty», «Hakyda göwheri», hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň «Ýaşlar — Watanyň daýanjy», «Änew — müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýet», «Magtymguly — dünýäniň akyldary» atly kitaplarynyň many-mazmunyny açyp görkezýän we giňden wagyz edýän, şeýle-de döredijilikli işleýän ýolbaşçylaryň, pedagogik işgärleriň iş tejribesi boýunça sergileri döwrebap guraldy. Maslahata ýerine ýetiriji häkimiýetiň wekilleri, hormatly dynç alyşdaky ussat mugallymlar, hormatly il ýaşululary gatnaşdylar. Balkan welaýatynyň mekdebe çenli bilim terbiýe we mekdepden daşary edaralary bölüminiň hünärmeni Gunça Temimowa
Öňdebaryjy bilim işgärleriniň awgust maslahaty geçirildi
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe täze 2026-2027-nji okuw ýyly bosagamyzda dur. “Garaşsyz,baky Bitarap Türkmenistan-bedew batly at-myradyň mekany” atly şygary bilen geçirilýän öňdebaryjy bilim işgärleriniň awgust maslahaty Ahal welaýatynda hem ýokary derejede, guramaçylykly geçirildi. Maslahata Ahal welaýatynyň öňdebaryjy bilim işgärleri bilen bir hatarda mekdebe çenli çagalar edaralarynyň müdirleri, terbiýeçi-usulyýetçileri, öz işine ussat terbiýeçiler we mugallymlar gatnaşdylar. Maslahatda bilim ulgamynda amala aşyrylýan düýpli özgertmeleri durmuşa geçirmekde, bilim edaralarynyň ýolbaşçylarynyň, pedagogik işgärleriň öňdebaryjy iş tejribelerini öwrenmekde, ýaýratmakda hem-de bilim işine ornaşdyrmakda, ýaş nesle döwrebap bilim-terbiýe bermekde öňde durýan wezipeleri durmuşa geçirmekde ýüze çykýan meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy, 2025-2026-njy okuw ýylynyň jemleri jemlendi hem-de täze 2026-2027-nji okuw ýylynda öňde durýan wezipeler kesgitlenildi. Maslahatyň dowamynda welaýatyň öňdebaryjy bilim işgärlerine Ahal welaýat Baş bilim müdirliginiň, Ahal welaýatynyň jemgyýetçilik guramalarynyň hormat hatlary we ýadygärlik sowgatlary gowşuryldy. Merdana halkymyz hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda uly ruhubelentlik hem-de ýagşy umyt-arzuwlar bilen, täze 2026-2027-nji okuw ýylyny garşy alýar. Bedew bady bilen ösüşleriň belentliklerine tarap ynamly gadam urýan berkarar Watanymyz ylym-bilim ulgamynda günsaýyn ösüşlere we özgerişlere beslenýär. Döwrebap ylymly-bilimli, giň dünýägaraýyşly, maksada okgunly, sagdyn ýaşlaryň sazlaşykly ösüşini üpjün etmek, olary watansöýüjilik ruhunda terbiýelemek biziň, bilim işgärleriniň baş maksadymyz bolup durýar. Mähriban, döwletli diýarymyzy bagtly çagalygyň, iň arzyly islegleriň wysal bolýan ýurduna öwürýän Gahryman Arkadagymyzyň, ata kesbini ynamly dowam etdirýän hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, il-halkymyz üçin bähbitli işleri hemişe rowaçlyklara beslensin! Ahal welaýat Baş bilim müdirligi
Täze okuw ýylyna badalga berildi
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Hormatly Prezidentimiziň bilim ulgamynda amala aşyrýan düýpli özgertmelerini maksadalaýyk durmuşa geçirmekde, bilim edaralarynyň ýolbaşçylarynyň, pedagogik we beýleki işgärleriniň öňdebaryjy iş tejribesini öwrenmekde, ýaýratmakda hem-de bilim işine ornaşdyrmakda, ýaş nesle döwrebap bilim-terbiýe bermekde öňde durýan wezipeleri durmuşa geçirmekde ýüze çykýan meseleleri ara alyp maslahatlaşmak, 2025-2026-njy okuw ýylynyň jemini jemlemek hem-de täze 2026-2027-nji okuw ýylynda öňde durýan wezipeleri kesgitlemek maksady bilen, 2026-njy ýylyň 17-19-njy awgusty aralygynda, pedagogik işgärleriň etrap (şäher) maslahatlary 20-nji awgustda, Lebap welaýatyň öňdebaryjy pedagogik işgärleriniň maslahaty 22-nji awgustda “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany” diýen şygar bilen guramaçylykly, ýokary derejede geçirildi. Usuly-amaly okuwlarda baý tejribeli, öz işine ussat, okuw-terbiýeçilik işlerini täzeçil guraýan, döredijilikli işleýän etrap bilim bölümleriniň hünämenleriniň, bilim edaralarynyň ýolbaşçylarynyň, mugallymlaryň, terbiýeçileriň çykyşlary täsirli çykyşlary diňlendi. Okuwyň dowamynda ösüp gelýän ýaş nesle ata-babalarmyzyň öwüt-ündewleri esasynda bilim-terbiýe bermegi has-da kämilleşdirmegiň, bilim özgertmelerini işjeňleşdirmegiň milli bilim ulgamynyň esasy wezipeleridigi, “Türkmenistanda umumybilim maksatnamalary boýunça okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmegiň 2028-nji ýyla çenli Konsepsiýasyny” durmuşa geçirmekde mekdebe çenli çagalar edaralarynyň pedagogik işgärleriniň öňünde durýan wezipeleri barada çykyşlar diňlenildi. Çärjew etrabynyň 3-nji çagalar bakja-bagynyň terbiýeçisi Zülfiýa Hemraýewanyň “Mekdebe çenli çagalar edaralarynda sapakdan daşary geçirilýän okuw-terbiýeçilik işlerini guramagyň ýollary”, Türkmenabat şäheriniň 48-nji çagalar bakja-bagynyň terbiýeçisi Nasiba Tagaýewanyň “Innowasion tehnologiýalaryň üsti bilen çagalaryň döredijilik ukyplaryny ösdürmek”, Lebap welaýat Saglygy dikeldiş okuw-terbiýeçilik toplumynyň aýdym-saz ýolbaşçysy Aýna Sapardurdyýewanyň “Saglygy dikeldiş okuw-terbiýeçilik toplumlarynyň pedagogik işgärleriniň hünär derejesini ýokarlandyrmagyň we mugallymçylyk ussatlygyny kämilleşdirmegiň häzirki zaman usullary” atly çykyşlary has-da täsirli boldy. Şeýle-de, mekdebe çenli çagalar edaralarynyň pedagogik işgärleri bilen geçirilen usuly-amaly okuwlarda çaga terbiýesiniň, sapaklaryň täsirliligini artdyrmak üçin çagalar bilen işjeň oýunlary guramagyň derwaýyslygy nygtaldy. Lebap Baş bilim müdirliginiň mekdebe çenli bilim, terbiýe bölüminiň baş hünärmeni Gunça Seýitniýazowa
BILIM IŞGÄRLERINIŇ MASLAHATY: ÝETILEN SEPGITLER-TÄZE MAKSATLAR
Şu gün Garaşsyz ýurdumyzyň bilim ulgamynda örän ähmiýetli waka-bilim işgärleriniň awgust maslahatlary geçirildi. Ýurdumyzyň welaýatlarynda, paýtagtymyz Aşgabatda we Arkadag şäherinde bolşy ýaly, Mary welaýatynda hem bu maslahat guramaçylykly häsiýete eýe boldy. Mary welaýat Baş bilim müdirliginiň guramagynda geçen bilim işgärleriniň 2026—2027-nji okuw ýylynyň awgust maslahatlaryna bilim edaralaryň ýolbaşçylary, hünärmenleri, sebitiň öňdebaryjy bilim işgärleri, halypa we ýaş pedagoglar, jemgyýetçilik guramalaryň wekilleri, döwlet we halkara derejesinde geçirilen bäsleşikleriň ýeňijileri gatnaşdylar. Şanly Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk toýunyň baýram edilýän ýylynda «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan-bedew batly at-myradyň mekany» diýen şygar bilen geçen bu maslahatda geçen okuw ýylynda gazanylan üstünlikler, okuw-terbiýeçilik işlerini kämilleşdirmekde toplanan tejribeler, hünäri kämilleşdirmekde ýetilen sepgitler, bilim edaralaryny döwrebaplaşdyrmak ugrunda amala aşyrylan işler, mekdep okuwçylarynyň umumybilim maksatnamalaryny özleşdirmekleri, körpeleriň irki ösüşi we mekdebe taýýarlygy babatdaky meýilnamalaýyn çemeleşmeler şeýle-de täze okuw ýylynda öňde durýan wezipeler hakynda hasabatlar hem buýsançly çykyşlar diňlendi. Çuňňur watansöýüji, bilimli, ylymly nesilleriň kemala getirilýän, täze çagalar baglarynyň, orta mekdepleriň ulanylmaga berilýän, ähli bilim edaralarynyň innowasion tehnologiýalar bilen enjamlaşdyrylýan döwründe bilimiň mazmunyny we hilini ýokarlandyrmakda halkara tejribeleri öwrenmek, Alym Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň eserlerini gollanma edinip hünärleri kämilleşdirmek, öňdebaryjy iş tejribeleri öwrenmek, umumylaşdyrmak we ýaýratmak, halypa-şägirtlik gatnaşyklaryny ösdürmek babatda bellenilenler bu maslahatdan gelip çykýan täze wezipeleri hem öňde goýýar. «Türkmenistanda on iki ýyllyk umumy orta bilime geçmegiň Konsepsiýasyna», «Türkmenistanda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň Konsepsiýasyna», «Türkmenistanda tebigy we takyk ylmy ugurlara degişli dersleri okatmagy kämilleşdirmegiň Konsepsiýasyna», «Türkmenistanda umumybilim maksatnamalary boýunça okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmegiň 2028-nji ýyla çenli Konsepsiýasyna» laýyklykda guralýan usulyýet-pedagogik we okuw-terbiýeçilik işlerini mundan beýläk hem netijeli guramagyň nazary we amaly esaslaryndan ugur almak bellenildi. Hormatly Prezidentimiziň «Bilim asyrlaryň dowamynda kemala gelen milli buýsanjymyzyň gözbaşydyr, abraý-mertebämiziň dünýä dolan belentligidir, abadançylygymyzyň we beýik ösüşlerimiziň sarsmaz binýadydyr. Bilim arkaly biz ajaýyp geljegimizi gurýarys, belent maksatlarymyzy amala aşyrýarys, ylymly-bilimli hem-de Watana wepaly nesilleri terbiýeleýäris» diýen parasatly sözlerinden ruhlanyp welaýat derejesinde geçirilen bilim işgärleriniň awgust maslahatyna gatnaşyjylar mundan beýläk hem yhlasly we netijeli zähmet çekmek ugrunda döwlet tarapyndan döredilýän mümkinçilikler üçin Gahryman Arkadagymyza hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyza egsilmez alkyşlaryny joşgunly beýan etdiler. Bilim işgärleriniň awgust maslahaty täze usuly-pedagogik teklipleriň öňe sürülmegi, netijeli çözgütleriň kabul edilmegi bilen guramaçylyk talaplaryna laýyklykda üstünlikli jemlendi. Bu maslahatdan gelip çykýan wezipeler geljekde täze okuw ýylynyň her bir pursadynda öz ornuny tapyp, Garaşsyz, baky Bitarap döwletimiziň bilim kuwwatyny ösdürmäge goşant bolar. Ogulgerek ANNAGELDIÝEWA, Mary welaýat Baş bilim müdirliginiň başlygynyň orunbasary.
Arkadag şäherinde öňdebaryjy pedagogik işgärleriň awgust maslahaty geçirildi
Şu gün ýurdumyzyň ähli sebitlerinde bolşy ýaly, Arkadag şäheriniň iňlis dili dersine ýöriteleşdirilen 4-nji orta mekdebinde öňdebaryjy pedagogik işgärleriň awgust maslahaty ýokary guramaçylyk derejesinde geçirildi. Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllygynyň bellenilýän ýylynda «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» şygary astynda geçirilen bu maslahat «akylly» şäheriň bilim ulgamynda alnyp barylýan giň gerimli işleriň, gazanylýan üstünlikleriň özboluşly beýanyna öwrülmek bilen täze okuw ýylynda öňde goýulýan wezipeleri kesgitlemekde netijeli meýdança öwrüldi. Şeýle hem maslahatyň çäginde geçirilen aýdym-sazly dabaradyr- sergi oňa gatnaşanlarda ýakymly täsirleri galdyrdy. Häzirki wagtda Arkadag şäheri ähli ulgamlaryň ösüşi bilen bir hatarda bilim-terbiýeçilik işleriniň hem innowasion esaslarda guralýan mekanydyr. Şäheriň çagalar baglarynda we orta mekdeplerinde ýaş nesliň döwrebap bilim almagy, milli ruhda terbiýelenmegi, sanly tehnologiýalardan netijeli peýdalanmagy üçin giň mümkinçilikler döredildi. Bu ýerde bilim bilen terbiýäniň sazlaşygy, mugallymyň hünär ussatlygy bilen täzeçil pikirlenişi aýratyn ähmiýete eýe bolýar. Maslahatyň dowamynda edilen çykyşlarda şular dogrusynda giňişleýin pikir alşyldy. Maslahatda aýratyn üns ýaş we tejribeli mugallymlaryň özara tejribe alyşmagyna, usuly birleşmeleriň işini kämilleşdirmäge, halypa-şägirtlik gatnaşyklaryny pugtalandyrmaga gönükdirilýär. Çünki häzirki döwrüň mugallymy diňe bir öz dersini gowy bilýän hünärmen bolmak bilen çäklenmän, täze tehnologiýalardan baş çykarýan, okuwçynyň döredijilik ukybyny ýüze çykarmaga ukyply, milli we dünýä tejribesini utgaşdyryp bilýän pedagog bolmalydyr. Ýurdumyzda mugallymlaryň hünär derejesini ýokarlandyrmak boýunça milli tejribe bilen bir hatarda halkara hyzmatdaşlygyň mümkinçiliklerinden peýdalanylmagy hem bu ugurdaky işleriň giň gerimlidigini görkezýär. Şeýle hem ýaş nesli watansöýüjilik, ýokary ahlak, milli däp-dessurlara we ruhy gymmatlyklara ygrarlylyk ruhunda terbiýelemek, kämil şahsyýeti kemala getirmegiň möhüm şerti hökmünde halk döredijiliginiň, milli mirasyň, edebi-çeper eserleriň terbiýeçilik mümkinçiliklerinden peýdalanmak bilen döwrebap bilim usullaryny utgaşdyrmak maslahatyň möhüm meseleleriniň birine öwrüldi. Maslahatda Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň professory N.Suhanowyň onlaýn esasdaky çykyşy has-da täsirli boldy. Professor çykyşynyň dowamynda ýaş nesilleri terbiýelemekde taryhda uly yz galdyran atabeglik mekdepleriniň ýol-ýörelgelerini häzirki zaman bilim ulgamyna ornaşdyrmagyň ähmiýeti, halallyk, watansöýüjilik, ynsanperwerlik, lebzihalallyk ýaly iň gowy duýgularyň kemala getirilmeginde türkmençilik däplerini dowam etmegiň, ösdürmegiň wajyplygyna ünsi çekdi. Bilim ulgamyndaky her bir özgertmäniň özeninde mugallymyň döredijilikli zähmeti bar. Şonuň üçin Arkadag şäheriniň pedagoglarynyň täze okuw ýylyna täze maksatlar, täze gözlegler we belent jogapkärçilik bilen gadam basmagy ýurdumyzyň bilim ulgamynyň ösüşine goşulýan mynasyp goşant bolar. Güljahan Ýalkapowa Arkadag şäheriniň bilim müdirliginiň mekdebe çenli bilim, terbiýe bölüminiň baş hünärmeni
Türkmenistanyň Bilim ministrligi bilen «PETRONAS Çarigali (Türkmenistan) Sdn.Bhd» kompaniýasynyň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekildi
2026-njy ýylyň 21-nji awgustynda Türkmenistanyň Bilim ministrliginde ähmiýetli duşuşyk geçirildi. Duşuşyga Türkmenistanyň Bilim ministri J.Gurbangeldiýew, Malaýziýanyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Mohd Suhaými Bin Ahmad Tajuddin hem-de “Petronas Çarigali (Türkmenistan)” kompaniýasynyň baş direktory Ismadi Bin Ismailiň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet gatnaşdy. Duşuşygyň dowamynda Türkmenistanyň bilim ulgamynda Malaýziýa bilen alnyp barylýan hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýy we ony geljekde ösdürmegiň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Şeýle hem nebitgaz pudagy üçin ýokary hünärli işgärleri taýýarlamakda özara hyzmatdaşlygyň ähmiýetine aýratyn üns berildi. Malaýziýanyň «Petronas» kompaniýasynyň Türkmenistandaky köpýyllyk netijeli işi iki ýurduň arasyndaky uzakmöhletleýin we özara bähbitli hyzmatdaşlygyň aýdyň mysaly bolup durýar. Kompaniýanyň goldawy bilen türkmenistanly ýaşlara Malaýziýanyň abraýly ýokary okuw mekdeplerinde bilim almak üçin talyp hakly ýerler yzygiderli hödürlenýär. Ýaşlaryň «PETRONAS» Tehnologiýa uniwersitetinde bilim almagy üçin döredilýän mümkinçilikler hünärmenleri taýýarlamakda möhüm ähmiýete eýedir. Şeýle-de, Türkmenistanyň Milli Lideri, Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň bu abraýly ýokary okuw mekdebiniň hormatly doktorydygy guwanç bilen ýatlanyp geçildi. Şu günki güne çenli Türkmenistan bilen Malaýziýanyň arasynda bilim ulgamyndaky hyzmatdaşlyk boýunça 20-ä golaý resminama gol çekildi. Şeýle hem şu ýylyň iýun aýynda Malaýziýanyň Premýer-ministriniň Türkmenistana amala aşyran saparynyň çäklerinde geçirilen «Türkmenistan-Malaýziýa: nebitgaz pudagynda özarabähbitli hyzmatdaşlyga 30 ýyl» atly halkara ylmy-amaly maslahatynyň we sergisiniň dowamynda Türkmenistanyň üç sany ýokary okuw mekdebi bilen Malaýziýanyň Tenaga milli uniwersitetiniň arasynda talyp alyş-çalyşygy we akademiki mobillik maksatnamalary boýunça üç sany ylalaşyga gol çekilendigi bellenildi. Mundan başga-da, Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersiteti bilen «Petronas» kompaniýasynyň hem-de onuň Tehnologiýa uniwersitetiniň arasyndaky Ähtnamanyň netijeleri barada hem aýdyldy. Hereket edýän hyzmatdaşlygyň çäklerinde türkmen ýokary okuw mekdebiniň mugallymlary we talyplary «PETRONAS» Tehnologiýa uniwersitetinde hünär bilimlerini ýokarlandyryş okuwlaryna yzygiderli gatnaşýarlar. Duşuşygyň esasy wakalarynyň biri «Türkmenistanyň Bilim ministrligi bilen «PETRONAS Çarigali (Türkmenistan) Sdn.Bhd» kompaniýasynyň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama» gol çekmek dabarasy boldy. Bu şanly waka Malaýziýanyň “Petronas” kompaniýasynyň Türkmenistan bilen nebit-gaz pudagyndaky hyzmatdaşlygynyň 30 ýyllygyna gabat geldi. Ähtnama gol çekilmegi bilim we hünär taýýarlygy babatda hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge, täze bilelikdäki başlangyçlaryň we taslamalaryň durmuşa geçirilmegine, ýaşlaryň bilim we hünär derejesini ýokarlandyrmak üçin goşmaça mümkinçilikleriň döredilmegine möhüm şert döreder. Taraplar, duşuşygyň ahyrynda Türkmenistanyň we Malaýziýanyň arasynda bilim ulgamynda hyzmatdaşlygyň mundan beýläk hem ösdüriljekdigine, Ähtnamada göz öňünde tutulan wezipeleriň ýakyn geljekde iş ýüzünde amala aşyryljakdygyna ynam bildirdiler. Türkmenistanyň Bilim ministrligi
Aşgabatda “ Kids Eхpo-ähli zat çagalar üçin” atly halkara uniwersal sergi-ýarmarkasy öz işine başlady
Berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Türkmenistan döwletimizde ýaş neslimiziň hemmetaraplaýyn sazlaşykly ösüşini kemala getirmek döwletimiziň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýar. Bagtyýar neslimiz döwletimiz tarapyndan aýratyn alada, söýgi bilen gurşalýar. Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary netijesinde ýurdumyzda ýörite maksatnamalar esasynda çagalaryň beden taýdan sagdyn, bilimli-ylymly, giň dünýägaraýyşly, Watanymyza wepaly şahsyýetler bolup ýetişmekleri üçin giň gerimli işler üstünlikli durmuşa geçirilýär. Täze 2025-2026-njy okuw ýylynyň öňüsyrasynda 2026-njy ýylyň awgust aýynyň 19-da gözel paýtagtymyz Aşgabat şäherinde «Kids Ekspo: ähli zat çagalar üçin» halkara sergi-ýarmarkasy öz işini başlady we özboluşly baýramçylyk çäresine öwrüldi. Bu halkara sergi-ýarmarkanyň çäklerinde dürli ýaşdaky çagalar üçin niýetlenen bäsleşikler, gyzykly çäreler guralyp, çagalar egin-eşikleriniň görkezilişi, multfilmleriň görkezilişi, çagalara hem-de ýetginjeklere niýetlenen sessiýalar, ene-atalar üçin duşuşyklar meýilleşdirildi. Türkmenistanyň Söwda-senagat palatasy tarapyndan gurnalan bu ajaýyp sergi çagalar üçin niýetlenip öndürilýän iň gowy zatlary bir ýere jemledi. Bu sergi çagalar hyzmatlary pudagynda işleýän kompaniýalaryň innowasiýa önümlerini we hyzmatlaryny hödürleýär. Çärä dürli ýurtlardaky çagalar harytlary we hyzmatlary bilen meşgullanýan kompaniýalar gatnaşýar. KIDS EXPO öňdebaryjy dünýä we içerki öndürijileriň çagalarüçin niýetläp taýýarlanan dürli harytlaryny we hyzmatlaryny giň köpçülige hödürleýär. Sergä gelýänleroýunjaklardan we egin-eşiklerden başlap, okuw esbaplaryna çenli çagalaryň önümleriniň iň täzelerini görüp bilerler. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhammedow sergi gatnaşyjylaryna iberen gutlagynda şeýle diýdi: “Bu giň möçberli sergi we ýarmarka ýöriteleşdirilen kompaniýalara, bilim merkezlerine we halkara guramalaryna çagalar üçin öz hyzmatlaryny we önümlerini, iň soňky ösüşleri we geljegi uly ösüş meýillerini görkezmäge mümkinçilik berer”. «Kids Ekspo: ähli zat çagalar üçin» sergisi işläp başlan ilkinji gününden, ene-atalar we çagalar üçin dürli çäreleri, hyzmatlary we çeşmeleri öwrenmäge mümkinçilik berýän şatlyk, okuw we oýun meýdançasyna öwrüldi. Sergi çagalar harytlary pudagynyň köp tematiki ugurlaryny öz içine alýar. Sergi ajaýyp tomaşalar, ýaryşlar, robotlaryň sergisi we başga-da köp gyzykly wakalar bilen myhmanlary begendirer. Pursatdan peýdalanyp, biziň gelejegimiz bolan, ösüp gelýän ýaş nesil barada edýän atalyk aladasy üçin hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza, milli Liderimiz Gahryman Arkadagymyza uzak ömür, jan-saglyk, il-ýurt bähbitli işleriniň hemişe rowaçlyklara beslenmegini tüýs ýüregimizden arzuw edýäris! M.Pirliýewa Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň Mekdebe çenli bilim bölüminiň başlygynyň wezipesini ýerine ýetiriji
Aşgabat şäherinde bilim işgärleriniň awgust maslahaty geçirildi
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimiz täze özgertmeleriň we ösüşleriň aýdyň ýolunda bedew bady bilen öňe barýar. Dünýä ýüzünde uly at-abraýa eýe bolan ýurdymyzda durnukly ykdysady, syýasy, durmuş-medeni hem ylmy ösüşleri üpjün edýän düýpli özgertmeler amala aşyrylýar. Hormatly Prezidentimiziň öňe süren bilim özgertmeleri bilimiň binýadynyň berk bolmagyny, milli bilim ulgamyny hemme taraplaýyn kämilleşdirmegi, ýaşlaryň sazlaşykly ösüşini üpjün etmegi, halk hojalygynyň ähli pudaklary üçin kämil hünärmenleri taýýarlamagy göz öňünde tutýar. Täze 2026–2027-nji okuw ýylynyň öňüsyrasynda, awgust aýynyň 17–19-y aralygynda Aşgabat şäherinde «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany» diýen şygar bilen mekdebe çenli çagalar edaralarynyň bilim işgärleriniň gatnaşmagynda usuly-amaly okuwlar geçirildi. Usuly-amaly okuwlarda Hormatly Prezidentimiziň Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň bilim işgärleriniň öňünde goýan wezipelerini durmuşa geçirmek, milli bilim ulgamyny kämil derejede ösdürmek, ylymly, bilimli, giň gözýetimli, maksada okgunly ýaşlary terbiýeläp ýetişdirmek, häzirki zaman usullary we öňdebaryjy innowasiýa tehnologiýalary okuw işine ornaşdyrmak babatda durmuşa geçirilmeli işler hem-de 2026-2027-nji okuw ýylyndaöňde durýan wezipeler ara alyp maslahatlaşyldy. Şeýle-de usuly-amaly okuwlarda ýurdumyzyň bilim edaralarynyň ýolbaşçylary ,,Bilim hakynda” Türkmenistanyň Kanunyna, ,,Türkmenistanda umumybilim maksatnamalary boýunça okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmegiň 2028-nji ýyla çenli Konsepsiýasyna” we ony amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň Meýilnamasyna, bilim ulgamyna degişli kabul edilen beýleki Konsepsiýalara, Türkmenistanda umumybilim edaralarynyň döwlet bilim standartyna, Mekdebe çenli döwlet bilim standartyna, Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň bilim işini dolandyrmaklyga degişli kadalaşdyryjy iş resminamalaryna laýyklykda, okuw-terbiýeçilik işlerini döwrebap guramak boýunça alnyp barylýan işler ara alyp maslahatlaşyldy, döredijilikli we ýokary netijeli işleýän pedagogik işgärleriň mugallymçylyk iş tejribelerinden çykyşlar we döredijilik sergisi guraldy. Maýagözel Sazakowa, Aşgabat şäher Baş bilim müdirliginiň mekdebe çenli bilim, terbiýe we mekdepden daşary edaralar bölüminiň müdiri
Balkan welaýatynda bilim işgärleriniň usuly-amaly okuwlary dowam edýär
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň bilim ulgamynda amala aşyrýan düýpli özgertmelerini maksadalaýyk durmuşa geçirmek, bilim edaralarynyň ýolbaşçylarynyň, pedagogik işgärleriniň öňdebaryjy iş tejribelerini öwrenmek, ýaýratmak hem-de bilim işine ornaşdyrmak, ýaş nesle döwrebap bilim-terbiýe bermek babatynda öňde durýan wezipeleri amal etmekde ýüze çykýan meseleleri ara alyp maslahatlaşmak maksady bilen, 2026-njy ýylyň awgust aýynyň 17-sinden Balkan welaýatynda bilim işgärleriniň usuly-amaly okuwlary guramaçylykly dowam edilýär. Usuly-amaly okuwlarda bilim işgärleri ýurdumyzyň bilim ulgamynda amala aşyrylýan özgertmeler, «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy:Türkmenistany 2022-2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasyndan» we «Türkmenistanda umumybilim maksatnamalary boýunça okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmegiň 2028-nji ýyla çenli Konsepsiýasyndan» gelip çykýan wezipeleri üstünlikli amal etmegiň ýollary, Türkmen halkynyň Milli Lideri, Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiziň nusgalyk kitaplarynyň mekdebe çenli çagalar edaralarynyň okuw-terbiýeçilik işini döwrebap guramakdaky orny, sagdyn nesli kemala getirmekdäki ähmiýeti barada täsirli çykyş etdiler. Şeýle hem, tejribe alyşmak döwründe bilim edaralarynda ýolbaşçylygyň, okuw-terbiýeçilik işine gözegçiligiň ýola goýluşy, häzirki zaman mugallymçylyk, usulyýet täzeliklerini okuw işine ornaşdyrmak, öňdebaryjy iş usullaryny öwrenmek hem-de ýaýratmak, dünýä bilim ulgamynyň täzelikleri bilen tanyşdyrmak, hünär derejelerini artdyrmak, 2026-2027-nji okuw ýylynda mekdebe çenli çagalar edaralarynda körpeler bilen alnyp barylýan okuw-terbiýeçilik işleriniň hilini we netijeliligini ýokarlandyrmak boýunça alnyp barylmaly işler dogrusynda giňişleýin durlup geçildi. Usuly-amaly okuwlarynyň dowamynda döredijilikli we ýokary netijeli işleýän bilim işgärleriniň iş tejribelerini, Türkmen halkynyň Milli Lideri, Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiziň ýiti zehinlerinden dörän eserleriniň many-mazmunyny açyp görkezýän we giňden wagyz edýän sergileri döwrebap guraldy. Gunça Temimowa, Balkan welaýat Baş bilim müdirliginiň mekdebe çenli bilim, terbiýe we mekdepden daşary edaralary bölüminiň hünärmeni
Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersiteti Helsinki şäherinde geçirilýän halkara taslama gatnaşýar
Awgust aýynyň 17-sinden 22-sine aralygynda Finlýandiýanyň paýtagty Helsinki şäherinde Ýewropa Bileleşigi tarapyndan guralýan «Digital Connectivity in Central Asia» (C4CA) sebitleýin taslamasynyň çäklerinde okuw sapary geçirilýär. Bu çäre sanly özgertmeler, döwrebap aragatnaşyk tehnologiýalary we sanly infrastrukturany ösdürmek ulgamynda tejribe alyşmaga, hünär başarnyklaryny kämilleşdirmäge hem-de halkara hyzmatdaşlygy berkitmäge gönükdirilendir. Taslama Laurea Amaly Ylymlar Uniwersitetiniň binýadynda Finlýandiýanyň HAUS Döwlet Dolandyryş Instituty bilen bilelikde durmuşa geçirilýär. Bu saparda Türkmenistanyň adyndan 2026-njy ýylyň iýun aýynda gol çekilen Özara düşünişmek hakyndaky Ähtnama esasynda Finlýandiýanyň HAUS Döwlet Dolandyryş Instituty hem-de Laurea Amaly Ylymlar Uniwersiteti bilen işjeň we yzygiderli hyzmatdaşlygy alyp barýan Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersiteti wekilçilik edýär. Saparyň çäklerinde Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň prorektory N.Şihlyýew bilen taslamanyň ýolbaşçylarynyň arasynda baý mazmunly duşuşyklar geçirildi. Taraplar geljegi uly bolan hyzmatdaşlyk ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdylar, özara hyzmatdaşlygyň ilkinji derejeli ugurlaryny kesgitlediler we hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga hem-de akademik we ylmy mümkinçilikleri ösdürmäge gönükdirilen bilelikdäki başlangyçlary durmuşa geçirmegiň mümkinçiliklerine seretdiler. Bilim we ylmy-barlag işleri ulgamynda özara bähbitli hyzmatdaşlygy giňeltmek, şol sanda bilelikdäki bilim we ylmy taslamalaryny ösdürmek, hünär tejribesini hem-de bilimiň gazananlaryny alyş-çalyş etmek, şeýle hem ýokary okuw mekdepleriniň wekilleriniň arasynda özara hyzmatdaşlygy alyp barmak üçin goşmaça mümkinçilikleri döretmek meselelerine aýratyn üns berildi. Duşuşyklaryň dowamynda taraplar özara bähbitlere we bar bolan ylmy-bilim mümkinçiliklerini ulanmaga esaslanan durnukly hem-de uzak möhletleýin hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge gyzyklanma bildirýändiklerini nygtadylar. Duşuşygyň möhüm netijesi hökmünde taslamanyň bir bölegini Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň binýadynda durmuşa geçirmek barada ylalaşyga gelindi. Bu ylalaşyk uniwersitetiň taslamany durmuşa geçirmäge işjeň gatnaşmagy üçin goşmaça mümkinçilikleri açýar, şeýle hem bilim we ylmy-barlag ulgamlarynda hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de giňeltmek we täze bilelikdäki başlangyçlary amala aşyrmak üçin şertleri döredýär. «Digital Connectivity in Central Asia» taslamasy has giň gerimli C4CA sebitleýin taslamasynyň düzüm bölekleriniň biri bolup, öňdebaryjy sanly aragatnaşyk ulgamynda ýokary okuw mekdepleriniň arasynda durnukly hyzmatdaşlygy şekillendirmäge gönükdirilendir. Akademik we amaly tejribe alyşmaga, bilelikdäki ylym-bilim başlangyçlaryny ösdürmäge, sanly başarnyklary kämilleşdirmäge, şeýle hem bilim we ylmy işlerde innowasion tehnologiýalary ulanmagyň döwrebap çemeleşmelerini öwrenmäge aýratyn üns berilýär. Iş saparynyň dowamynda gatnaşyjylar Finlýandiýanyň sanly ösüşi, elektron infrastrukturasy, döwrebap aragatnaşyk tehnologiýalary bilen sanly çözgütleri ýokary bilim ulgamyna we döwlet dolandyryşyna ornaşdyrmak babatyndaky tejribesi bilen tanyşdylar. Bu çäräniň halkara formatynyň hünär duşuşyklary, täze hyzmatdaşlyk aragatnaşyklaryny ýola goýmak we Mekezi Aziýa ýurtlarynyň bilim edaralary bilen Ýewropaly hyzmatdaşlaryň arasynda bilelikdäki başlangyçlary durmuşa geçirmegiň geljekki mümkinçiliklerini maslahatlaşmak üçin goşmaça şertleri döredýändigini bellemek zerurdy. Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň bu çärä gatnaşmagy, ýokary okuw mekdebiniň halkara hyzmatdaşlyk işiniň göwrümini mundan beýläk-de ösdürmek üçin uly ähmiýete eýedir. Ol akademik we institusional hyzmatdaşlygy giňeltmäge, sanly özgertmeler ulgamynda öňdebaryjy tejribeleri alyşmaga, uniwersitetiň döwrebap maglumat-kommunikasiýa tehnologiýalary babatyndaky mümkinçiliklerini ýokarlandyrmaga, şeýle hem bilelikdäki bilim, ylmy-barlag we innowasion taslamalary durmuşa geçirmek üçin täze mümkinçilikleri emele getirmäge ýardam edýär. Mundan başga-da, uniwersitetiň bu taslama gatnaşmagy döwrebap tehnologik çözgütleri ornaşdyrmak arkaly sanly başarnyklary ösdürmäge we ýokary bilimiň hilini ýokarlandyrmaga gönükdirilen halkara başlangyçlaryň işjeň gatnaşyjysy hökmünde ýokary okuw mekdebiniň eýeleýän ornuny berkitýär. Saparyň çäklerinde alnan tejribe ylym-bilim derejesini mundan beýläk-de kämilleşdirmekde, şeýle hem uniwersitetiň halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmekde ulanylyp bilner. Şunlukda, Finlýandiýada amala aşyrylýan okuw sapary bilim edaralarynyň we hyzmatdaş guramalaryň wekilleriniň arasynda bilim we tejribe alyşmak üçin möhüm meýdança bolup hyzmat edýär. Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň bu çärä gatnaşmagy uniwersitetiň halkara hyzmatdaşlygy ösdürmäge we sanly özgermeleriň sebitleýin hem-de halkara tapgyrlaryna işjeň goşulmaga bolan gyzyklanmasyny tassyklaýar. Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersiteti
Täze okuw ýylyna täze güýç bilen
Her ýylyň altyn güýzüniň ilkinji gününe ýaş nesil we mugallymlar aýratyn ähmiýetli sene hökmünde sabyrsyzlyk bilen garaşýar. Çünki şol günde «ilkinji jaňyň» kakylmagy bilen, ýurdumyzyň umumy, orta hünär, ýokary okuw mekdeplerinde täze okuw ýylyna girişilýär. Şanly sene mynasybetli Gahryman Arkadagymyzyň başlangyçlary, hormatly Prezidentimiziň aýratyn üns-aladalary netijesinde bilim edaralarynyň täze gurlan binalarynyň açylyp ulanmaga berilmegi mugallymlary has-da önjeýli işlemäge, ýaşlary yhlasly okamaga höweslendirýär. Şeýle wakalar bilimler baýramçylygyna taryhy öwüşgin, ýaş nesle egsilmez buýsanç bagyşlaýar. Gahryman Arkadagymyz «Ömrümiň manysynyň dowamaty» atly kitabynda: «Türkmen ýaşlary Garaşsyz, baky Bitarap döwletimiziň geljegidir. Ýaşlaryň ruhy we beden taýdan sagdynlygy, hünärli, kämil şahsyýet bolmagy, döredijilik ukyby we pikirlenmek başarnygy jemgyýetimiziň kämilleşmegine hem-de döwletimiziň ösüşine uly itergi berýän güýçdür» diýip, ýurdumyzyň beýik geljegini gurujylara belent ynam bildirýär. Arkadagly Gahryman Serdarymyz «Ýaşlar — Watanyň daýanjy» atly kitabynda esasy bilimiň, iň wajyp terbiýäniň watançylykdadygyny, beýik ösüşlere ýetmek üçin ilki Watany söýmegi öwrenmelidigini aýratyn nygtaýar. Mälim bolşy ýaly, Watanymyzyň şypaly künjeklerindäki, şol sanda Gökderäniň goýnundaky çagalar sagaldyş-dynç alyş merkezlerinde körpe nesliň tomus başdan geçirmeleri gyzykly, many-mazmunly, döredijilikli häsiýetde sagdyn durmuş ýörelgeleri esasynda ýatdan çykmajak täsirlere baý boldy. Şu günler bolsa täze okuw ýylyna taýýarlygyň ýakymly aladalary dowam edýär. Ýurdumyzyň welaýatlarynyň, Aşgabat we Arkadag şäherleriniň söwda nokatlarynda mekdep bazarlary harytlaryň giň görnüşlerini hödürleýär. Mekdep okuwçylary hem-de talyplar okuw lybaslaryny, esbaplaryny tükelleýärler. «Mekdep bazaryna hoş geldiňiz!», «Täze okuw ýyly başlanýar» ýaly haşamly ýazgylar söwda nokatlaryna gelen alyjylaryň göwnüni göterýär, bilim-terbiýä beslenjek günleriň has-da golaýlaşandygyny buşlaýar. Orta we ýokary hünär okuw mekdeplerine giriş synaglary hem guramaçylykly häsiýeti bilen tapawutlanýar. Zehinli, mynasyp ýaşlaryň müňlerçesi talyp bolmak bagtyna eýe bolýarlar. Ak mekdepleriň gunduz ýaly arassa okuw otaglaryny, gül-pürçük howlularyny, ýalpyldap öwşün atýan sport meýdançalaryny göreniňde, tomusky abatlaýyş, abadanlaşdyryş işleriniň öz wagtynda, ýokary derejede geçirilendigini duýmak bolýar. Bu hem mugallymdyr okuwçylaryň göwnüni açýar, okuwa höwesini artdyrýar. Täze okuw ýylyna taýýarlygyň çäklerinde mugallymlar okuw maksatnamalaryna laýyklykda meýilnamalaryny, sapaklaryň maddy-üpjünçilik binýatlaryny has-da döwrebaplaşdyrdylar. Bilim işgärleriniň awgust maslahaty hem özara tejribe alyşmakda, okatmagyň täze usullaryny özleşdirmekde ähmiýetli çärä öwrülýär. Her bir umumybilim edarasy mugallymlary bilen maksadyna ýetýär, ýetişdiren okuwçylary bilen abraý gazanýar. Paýtagtymyzyň 14-nji orta mekdebi hem ençeme ýyllyk baýry tejribesi, ýokary bilimli mugallymlary, ajaýyp üstünlikleri bilen adygandyr. Hususan-da, okuwçylarymyz «Altyn asyryň altyn zehinleri» atly döwlet ders bäsleşiginde, grek-rim göreşinden içerki we halkara ýaryşlarda baýrakly orunlara mynasyp bolýarlar. Türgenlerimize mekdebimizde halkara derejeli sport ussady Seýdylla Täzäýew tälimçilik edýär. Okuwçylaryň döredijilik başarnyklaryny ýüze çykarmak, olarda başlangyç hünär endiklerini kemala getirmek maksady bilen, aýdym-saz, keşdeçilik, nakgaşlyk, taslamalaşdyryş, programmirleme ýaly ugurlardan gurnaklar hereket edýär. Bilim bagtyň şamçyragyna deňelýär. «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynyň altyn güýzi hem milli bilim ulgamynda durmuşa geçirilýän özgertmeler, gazanylýan ösüşler, gapylaryny giňden açjak täze bilim ojaklary bilen bagtly geljege badalga bolar. Selbi KLYÇDURDYÝEWA, Aşgabat şäherindäki 14-nji orta mekdebiň müdiriniň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetiriji.
Lebap welaýatynyň bilim işgärleri awgust usuly-amaly okuwlarynda tejribe alyşýarlar
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimiziň bilim ulgamynda durmuşa geçirilýän düýpli özgertmeler milli we dünýä tejribesine esaslanýar. Munuň özi mekdebe çenli çagalar edaralaryndan başlap, bilimiň ähli basgançaklarynda ýaş nesle bilim-terbiýe berlişiniň hiliniň gowulandyrylmagyna we netijeliginiň ýokarlandyrylmagyna oňyn täsirini ýetirýär. Mekdebe çenli bilim çaganyň şahsy ösüşiniň möhüm döwri hasaplanylýar. Ýaş nesliň döwrebap bilim-terbiýe almagy üçin ähli amatlyklary bolan, dünýä ülňülerine laýyk gelýän mekdebe çenli çagalar edaralarynyň sany artyp, olar interaktiw-multimedia tehnologiýalary, okuw-usuly gollanmalar, kitaplar, okuw-görkezme esbaplar we döwrebap enjamlar bilen üpjün edilýär. Bu bolsa çagalara irki ýaşdan başlap berilýän bilim-terbiýäniň binýadynyň berk bolmagyna, olaryň hemmetaraplaýyn sazlaşykly ösüşiniň gazanylmagyna mümkinçilik berýär. Pedagogik işgärleriň öňdebaryjy iş tejribelerini öwrenmek, ýaýratmak hem-de bilim işine ornaşdyrmak, ýaş nesle döwrebap bilim-terbiýe bermek babatda öňde durýan wezipeleri durmuşa geçirmek, okatmagyň öňdebaryjy usullaryny giňden ornaşdyrmak boýunça ýüze çykýan meseleleri ara alyp maslahatlaşmak maksady bilen, her ýylyň awgust aýynda welaýatymyzyň pedagogik işgärleriniň maslahatlary, usuly-amaly okuwlary guramaçylykly geçirilýär. Bu ýyl hem usuly-amaly okuwlarda Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzyň bilim ulgamyna öňdebaryjy innowasiýalary giňden ornaşdyrmak hem-de sagdyn bedenli, ruhubelent, bilimli nesli kemala getirmek babatda alyp barýan döwlet syýasatyny durmuşa geçirmek, mugallymlary, terbiýeçileri okatmagyň usulýetinde gazanylan täzelikler bilen tanyşdyrmak, okuw-terbiýeçilik işlerini döwrebap guramak, bilimiň berlişiniň hilini ýokarlandyrmak boýunça ýüze çykýan möhüm meselelere barada pikir alşyldy. 2026-2027-nji okuw ýylynda bilim işgärleriniň öňünde mähriban Watanymyzyň geljegi bolan ösüp gelýän ýaş nesillerine döwrebap bilim we terbiýe bermekde jogapkärli wezipeler durýar. Olaryň iň esasylarynyň biri hem iş ussatlygyny kämilleşdirip, netijeli usullary sapaklara we sapakdan daşary okuw çärelerine ornaşdyryp, çaganyň irki ýaşdan başlap beden, akyl we ruhy-ahlak taýdan sazlaşykly ösüşini gazanmakdan, multimedia tehnologiýalaryndan peýdalanmak arkaly döredijilik mümkinçiliklerini ösdürmekden, mekdebe taýýarlamakdan, olaryň tebigy zehinini açmakdan ybaratdyr. Ýaşlaryň döwrebap bilim almaklary, bilim işgärleriniň netijeli zähmet çekmekleri üçin ähli şertleri döredýän, ýaşaýyş-durmuş derejämizi has-da ýokarlandyrmak barada yzygiderli alada edýän, bagtly, asuda ýaşamagymyz üçin giň mümkinçilikleri döredýän türkmen halkynyň Milli Lideri, Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, belent başlary aman bolsun, Garaşsyz, baky Bitarap Watanymyzyň gülläp ösmegi ugrunda alyp barýan döwletli we tutumly işleri rowaçlyklara beslensin! Gunça Seýitniýazowa, Lebap welaýat Baş bilim müdirliginiň mekdebe çenli bilim, terbiýe bölüminiň baş hünärmeni
Daşoguz welaýatynda bilim işgärleriniň awgust usuly-amaly okuwlary başlandy
Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň ýurdumyzyň bilim ulgamyny döwrebaplaşdyrmak babatynda alyp barýan giň gerimli özgertmeleri Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilýän şu günki günlerimizde ýurdumyzyň bilimişgärleriniň awgust usuly-amaly okuwlarynyň geçirilmegine badalga berildi. Okuwlarda baý tejribeli, öz kärine ussat, okuw-terbiýeçilik işlerini ylmy-usuly esasda täzeçil guraýan, döredijilikli işleýän mekdebe çenli çagalar edaralarynyň müdirleriniň, terbiýeçi-usulyýetçileriniň, terbiýeçileriniň, saz-ýolbaşçylarynyň, daşary ýurt dili mugallymlarynyň, şepagat uýalarynyň täsirli çykyşlary, döwrebap ýasalan görkezme esbaplaryň sergileri guraldy. Bu okuwlarda «Bilim hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna, “Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022–2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasyna” we “Türkmenistanda umumybilim maksatnamalary boýunça okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmegiň 2028-nji ýyla çenli Konsepsiýasyna” laýyklykda, bilim işini döwrebap guramak boýunça alnyp barylmaly netijeli işler barada işjeň pikir alyşmalar guralýar. Döwletimiziň geljegi hemmetaraplaýyn ösen, giň dünýägaraýyşly nesillerimize baglydyr. Olaryň bilesigeliji, hyjuwly, watansöýüji we ynsanperwer ýaşlar bolup ýetişmegi Watanymyzyň geljegi üçin örän ähmiýetlidir. Şu nukdaýnazardan, okuwlarda sanly ulgamyň mümkinçiliklerinden işjeň peýdalanmak arkaly ýaş nesle berilýän bilim-terbiýäniň hilini ýokarlandyrmakda, körpeleri bilimleriň ýönekeýje ummanyna aralaşdyrmakda, sowatlylyk we medeniýetlilik boýunça başlangyçlary terbiýelemekde, saglygyny goramakda, arassaçylyk endiklerini kemala getirmekde we mekdebe taýýarlamakda ata-babalarymyzyň, ene-mamalarymyzyň ýol-ýörelgeleri esasyndamillilik, arassa ahlaklylykruhunda terbiýelemekde öňde durýan möhüm wezipelere üns çekilýär. Ýaş nesillerimiziň eşretli durmuşda ýaşamaklary, döwrebap bilim-terbiýe almaklary üçin ähli şertleri döreýän Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, alyp barýan tutumly işleri rowaçlyklara beslensin! Gunça Gurbanowa, Daşoguz welaýat Baş bilim müdirliginiň baş hünärmeni
Arkadag şäherinde bilim işgärleriniň awgust usuly-amaly okuwlary guramaçylykly geçirilýär
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň öňdengörüjilikli syýasatynyň netijesinde, Arkadag şäherimiziň mekdebe çenli çagalar edaralarynyň terbiýeçileriniň, mugallymlarynyň hünär ussatlygyny kämilleşdirmäge giň mümkinçilikler we ähli şertler döredilen. Bilim-terbiýeçilik işleriniň kämil bolmagy üçin iş tejribeleri öwrenmek we ýaýratmak esasy işleriň biri bolup durýar. Arkadag şäheriniň iş meýilnamalaryny döwrebap ýerine ýetirýän çagalar bakja- baglaryndaky döredijilikli, okuw-terbiýeçilik işlerinde ýokary netijeleri gazanýan bilim işgärleri arman-ýadaman zähmet çekýärler. Her bir işiň kämil hem döwrebap bolmagynda Gahryman Arkadagymyzyň bilim berlişini kämilleşdirmek boýunça alyp barýan işleri esasynda, ýurdumyz dünýäniň bilim giňişliginde özüniň mynasyp ornuna eýe bolýar. Hormatly Prezidentimiziň ösüp gelýän ýaş neslimize mekdebe çenli çagalar edaralarynda dünýä ülňülerine laýyklykda bilim bermek, olary milli ýörelgeler hem-de umumadamzat gymmatlyklary esasynda terbiýelemek barada görkezmelerinden ugur alyp, Arkadag şäherimiziň bilim-terbiýeçilik edaralarynda alnyp barylýan işler öz maksadyna eýe bolýar. Ynha bu gün bolsa 2026-njy ýylyň 17-nji awgustynda, 2026-2027-nji täze okuw ýylynyň öňüsyrasynda, Arkadag şäherinde hem pedagogik işgärleriniň usuly-amaly okuwlarynyň guramaçylykly geçirilmegine badalga berildi we ähli mekdebe çenli çagalar edaralarynyň bilim işgärleri işjeň gatnaşýarlar. Bu günki usuly-amaly okuwlaryna mekdebe çenli çagalar edaralarynyň ýolbaşçylary, terbiýeçi-usulyýetçileri, daşary ýurt dilleri mugallymlary, aýdym-saz ýolbaşçylary, terbiýeçiler täzeçilligi öz içine alýan çykyşlary, döwrebap, dünýä ülňülerine laýyk gelýän işjeň oýunlaryny we körpeleriň şadyýan aýdymlarydyr-tanslaryny taýýarlap gelipdirler. Okuwlar ýörite meýilnamalar esasynda çagalar bakja-baglarynyň ýaş aýratynlyklaryna görä toparlarynyň terbiýeçileriniň gatnaşmagynda guramaçylykly geçirilýar. Bularyň ählisi, birek-birek bilen tejribe paýlaşmak üçin örän möhüm çäräniň biri boldy. Güljahan Ýalkapowa, Arkadag şäheriniň bilim müdirliginiň mekdebe çenli bilim, terbiýe bölüminiň baş hünärmeni
USULYÝETLER USULY TEJRIBELERINI PAÝLAŞÝARLAR
Şu gün «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany» diýen şygar bilen ýurdumyzyň ähli bilim-terbiýeçilik edaralarynda okuw-usulyýetiň, hünärleri kämilleşdirmegiň, tejribeleri artdyrmagyň, täze wezipeleri ara alyp maslahatlaşmagyň möhüm wakalary, ýagny bilim işgärleriň awgust usuly-amaly okuwlary öz işine başlady. Garaşsyz Watanymyzyň ähli ýerlerinde bolşy ýaly, Mary welaýatynyň mekdebe çenli çagalar edaralarynda hem bu okuwlar usuly guramaçylyk taýdan ýokary derejede badalga aldy. Mary welaýatynyň Mary şäheriniň 12-nji çagalar bakja-bagynda terbiýeçi-usulyýetçileriň usuly-amaly okuwlaryna hem işjeňlik mahsus boldy. Bölekleýin okuwlaryň birinji gününde terbiýeçi-usulyýetçiler okuw maksatnamalary boýunça okatmagyň täzeçe usullaryny, köpugurly esbaplardan peýdalanmagyň ýollaryny we pedagogik işgärlere usuly kömek bermegiň ugurlaryny öz içine alýan sergi bilen tanyşdylar. Görkezme toplumlaryň içinde sanly bilim serişdeleri, okuw-usuly gollanmalar, pedagogik edebiýatlar, halkara çeşmeler we milli taslamalarymyz bar. Usuly okuwyň ilkinji gününiň gün tertibine laýyklykda öňdebaryjy terbiýeçi-usulyýetçiler Türkmenistanyň Bilim ministrligi tarapyndan hödürlenilen temalar boýunça çykyş etdiler. Çykyşlarda döwlet Maksatnamalarynyň wezipelerini ýerine ýetirmek we hünärleri kämilleşdirmek, Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Serdarymyzyň eserlerini usulyýet işinde peýdalanmak barada maglumatlar paýlaşyldy. Okuwlaryň nazary tapgyryndan soň amaly bölüm boýunça iş resminamalary ýöretmek, dürli oýunlary guramak, pedagogik diologlar guraldy we diňlenilen temalar maksadalaýyk berkidildi. Usuly-amaly okuwlary geçirmek boýunça usuly maslahatlara laýyklykda terbiýeçilik usulyýetini kämilleşdirmek bilen bagly teklipler öňe sürüldi. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda milli bilim ulgamynyň döwrebaplaşdyrylmagy, hünärleriň kämilleşdirilmegi babatda ähli mümkinçilikleri we şertleri döredip berýän Alym Arkadagymyza hem-de Arkadagly Serdarymyza egsilmez alkyşlar aýdýarys! Bahar Agalyýewa, Mary welaýat Baş bilim müdirliginiň mekdebe çenli bilim, terbiýe we mekdepden daşary edaralary bölüminiň baş hünärmeni
Ahal welaýatynda pedagogik işgärleriň usuly-amaly okuwlary başlandy
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň bilim ulgamynda amala aşyrýan düýpli özgertmelerini maksadalaýyk durmuşa geçirmek, bilim edaralarynyň ýolbaşçylarynyň, pedagogik we beýleki işgärleriniň öňdebaryjy iş tejribelerini öwrenmek, ýaýratmak hem-de bilim işine ornaşdyrmak, ýaş nesle döwrebap bilim-terbiýe bermekde öňde durýan wezipeleri durmuşa geçirmek babatyndaky meseleleri ara alyp maslahatlaşmak, 2025–2026-njy okuw ýylynyň jemini jemlemek hem-de täze 2026–2027-nji okuw ýylynda öňde durýan wezipeleri kesgitlemek maksady bilen, 2026-njy ýylyň 17–19-njy awgusty aralygynda Ahal welaýatynyň mekdebe çenli çagalar edaralarynyň pedagogik işgärleriniň usuly-amaly okuwlary başlandy. “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany” diýen şygary bilen geçirilýän bu usuly-amaly okuwlarda Ahal welaýatynyň mekdebe çenli çagalar edaralarynyň ýolbaşçylary, terbiýeçi-usulyýetçileri, terbiýeçileri we mugallymlary gün tertibindäki temalar boýunça çykyş edip, okuw maksatnamalarynyň usuly aýratynlyklary, interaktiw usullardan peýdalanyp nusgalyk sapaklaryň taslamalaryny çagalar baglarynyň işine giňişleýin ornaşdyrmak barada okuw maglumatlary bererler. Ahal welaýatynyň mekdebe çenli çagalar edaralarynyň ýolbaşçylary “Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022–2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasyndan” we “Türkmenistanda umumybilim maksatnamalary boýunça okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmegiň 2028-nji ýyla çenli Konsepsiýasyndan” gelip çykýan wezipeleri amal etmegiň ýollary” diýen tema laýyklykda başlanyp, ösüp gelýän körpe nesle sazlaşykly bilim we terbiýe bermekde netijeli usullary, innowasion tehnologiýalary çagalar baglarynyň işine ornaşdyrmak barada özara pikir alşylar. Ýurdumyzda bilim özgertmeleriniň üstünlikli durmuşa geçirilýän döwründe ýaş nesillerimizi milli däp-dessurlarymyzyň mysalynda terbiýelemek, şeýle-de olara irki ýaşdan başlap, dünýä ülňülerine laýyklykda bilim bermek, çagalary mekdebe taýýarlykly barmaklaryny üpjün etmek, bilim-terbiýeçilik işgärleriniň döredijilik we hünär ussatlyklaryny kämilleşdirmek maksady bilen Ahal welaýatynyň mekdebe çenli çagalar edaralarynyň işini has-da kämilleşdireris. Ogulgerek Babaýewa, Ahal welaýatynyň Baş Bilim müdirliginiň mekdebe çenli bilim-terbiýe we mekdepden daşary edaralar bölüminiňn baş hünärmeni
BILIM IŞGÄRLERINIŇ AWGUST MASLAHATY GEÇIRILDI
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda milli ykdysadyýetiň ähli ugurlarynda uly ösüşler, guwandyryjy we buýsandyryjy üstünlikler gazanylýar. Milli bilim ulgamyny döwrebaplaşdyrmakda, sanly bilimi has-da ösdürmekde, ýurdumyzyň nurana geljegi bolan ýaşlarymyzyň ruhy ahlak, medeni, aň bilim hem beden taýdan sazlaşykly ösüşini yzygiderli kämilleşdirmekde ägirt uly işler amala aşyrylýar. Balkanabat şäherindäki ýöriteleşdirilen 15-nji orta mekdebinde taryh, jemgyýeti öwreniş, hukuk, Türkmenistanyň medeni mirasy, dünýä medeniýeti dersleri boýunça awgust usuly-amaly okuwlar guraldy. Usuly-amaly okuwa Balkanabat şäherinde ýerleşýän orta mekdepleriň 36-syndan taryh mugallymlarynyň 130-sy gatnaşdy. Üç günlük usuly-amaly okuwda mugallymlar özlerine berkidilen temalar boýunça täsirli çykyş etdiler. Usuly-amaly okuwyň dowamynda tejribeli mugallymlar ýaş mugallymlara halypa maslahatlaryny berdiler. Şeýle hem, usuly-amaly okuwlarda 2026—2027-nji okuw ýylynda ýerine ýetirilmeli wezipeler kesgitlenildi. Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ajaýyp kitaplary taryh mugallymlary üçin hem baş gollanmadyr. Bu ajaýyp kitaplarda beýan edilýän taryhy maglumatlary, rowaýatlary taryh mugallymlary sapaklarynda giňden peýdalanýarlar. Bu kitaplarda türkmen halkynyň baý geçmiş taryhy dogrusynda gymmatly maglumatlar beýan edilýär. «Türkmenistanda umumybilim maksatnamalary boýunça okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmegiň 2028-nji ýyla çenli Konsepsiýasyny» amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleri durmuşa geçirmekde taryh mugallymlary tarapyndan alnyp barylýan işler barada pikir alşyldy. Halypa mugallymlar ýaş nesliň bilim bilen birlikde terbiýesini, başarnyklaryny ösdürmek baradaky tejribelerini paýlaşdylar. Bilim işgäriniň öz hünär taýýarlygyny ýokarlandyryp, ýerine ýetirýän wezipesini, okadýan dersiniň okadylyş usulyýetini kämilleşdirmäge jogapkärli çemeleşmelidigi baradaky çykyşlar bolsa, okuwa gatnaşanlarda ýakymly täsir galdyrdy. Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ylym-bilimiň ösüşi ýokary derejä eýe bolýar, ýaşlaryň bilim öwrenmekleri üçin ähli mümkinçilikler döredilýär. Häzirki wagtda sanly bilim ulgamyna aýratyn üns berilýär. Şeýle beýik özgertmelere gönükdirilen «Türkmenistanda umumybilim maksatnamalary boýunça okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmegiň 2028-nji ýyla çenli Konsepsiýasy» möhüm ähmiýete eýedir. Munuň özi bilim ulgamyny kämilleşdirmek bilen bir hatarda, okatmagyň täze usullarynyň ýola goýulmagyna uly ýardam edýär. Sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň maksadyny, wezipelerini we esasy ugurlaryny kämilleşdirmek we durmuşa ornaşdyrmak her bir mugallymyň borjudyr. 2026—2027-nji okuw ýyly düşümli bolsun! Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, belent başlary aman bolsun, eziz Watanymyzyň mundan beýläkde gülläp ösmeginiň, halkymyzyň bagtyýar we eşretli durmuşda ýaşamagynyň bähbitlerine alyp barýan ähli işleri hemişe rowaçlyklara beslensin! Hemra TÄÇGYLYJOW, Balkanabat şäheriniň 17-nji orta mekdebiniň taryh mugallymy, taryh, jemgyýeti öwreniş, hukuk, Türkmenistanyň medeni mirasy, dünýä medeniýeti dersleri boýunça şäher usuly-amaly okuwlaryna jogapkär.
Образование – стратегический двигатель модернизации Туркменистана
В современную эпоху динамичных изменений главным ресурсом государства становятся не просто материальные активы, а человеческий капитал. В этом отношении решения и программные документы Халк Маслахаты (Народного Совета Туркменистана) четко определяют образование как главный двигатель социально-экономического и культурного прогресса Туркменистана. Как отмечено в программных документах прошедших Халк Маслахаты образование рассматривается не просто как изолированная социальная сфера, а как стратегическая отрасль, формирующая экономику будущего. Качественное образование - это база для индустриализации, цифровизации и диверсификации страны. А инвестиции в обучение молодежи - самые надежные и долгосрочные государственные инвестиции. Реальным же подтверждением этого на практике является повсеместное внедрение в стране современных электронных систем, интерактивных платформ, углубленное изучение точных наук, инженерии и IT. Немаловажным является и то, что подготовка специалистов, свободно владеющих несколькими иностранными языками, открывает путь к международной интеграции. Строительство «умных» школ, детских садов и вузов, оснащенных по последнему слову техники, например, в городе Аркадаг также яркий пример вышесказанному. Следует отметить, что вопросы совершенствования образования неотрывны от национальных ценностей. И поэтому, образование рассматривается не просто как навыки, а целостное воспитание гармонично развитой личности. В связи с этим в документах Халк Маслахаты акцентируется внимание на сочетании передовых мировых методик с богатством национального культурно-духовного наследия, на формировании у подрастающего поколения патриотизма, трудолюбия, высоких морально-этических ориентиров и уважении к истории страны. Взгляд на молодёжь как на драйвер науки и инноваций – верный ориентир в плане преемственности поколений. Для них, молодых, сегодня в Туркменистане создаются все условия для научно-исследовательской деятельности, осуществляется поддержка молодёжных стартапов, рационализаторских идей и академических инициатив. В вузах и учебных заведениях страны осуществляется подготовка кадров нового формата для высокотехнологичных отраслей промышленности и управления. И не случайно в документах Халк Маслахаты особо подчёркивается, что «наше главное богатство - это эрудированная, высокообразованная, физически и духовно здоровая молодежь, а модернизация системы образования, внедрение передовых технологий и мировых стандартов - наш стратегический приоритет». Необходимо также отметить и то, что в основополагающих материалах Халк Маслахаты важнейшие направления совершенствования системы образования очерчены в концепции её развития, которая предусматривает в ближайшей перспективе: – переход от традиционной передачи знаний к формированию критического мышления, профессиональных компетенций и инновационного потенциала у молодёжи; – масштабное внедрение цифровых технологий в учебный процесс, создание электронных библиотек, дистанционных образовательных платформ и развитие IT-образования; – связь теоретического обучения с практическими потребностями национально-хозяйственного комплекса (энергетики, промышленности, АПК и цифрового сектора); – поощрение многоязычия (изучение национального наследия наряду с активным освоением иностранных языков) для успешной интеграции Туркменистана в мировое научное и экономическое пространство; – строительство современных учебных заведений, научно-исследовательских центров и лабораторий, отвечающих международным стандартам. Ежедневно и постоянно происходящие повсеместно в реальной жизни изменения по этим направлениям только лишь подтверждают правильность избранного пути. А стратегический вектор, заданный в документах Халк Маслахаты, превращает систему образования в надежный мост в будущее. Опора на знания, инновации и патриотизм гарантирует Туркменистану стабильное развитие и высокий уровень конкурентоспособности на мировой арене. Гульнар Аннаева, старший преподаватель Туркменского национального института мировых языков имени Д.Азади
Türkmenistanyň etnograflary «Uly Altaý: türki miras 2026» ekspedisiýasyna goşuldylar
10-njy awgustda Altaý ülkesinde «Uly Altaý: türki mirasy – 2026» atly halkara etnografik ekspedisiýa badalga aldy. Taslama Altaý döwlet uniwersiteti (ADU) tarapyndan Altaý we türkologiýa ylmy-bilim merkeziniň çäginde durmuşa geçirilýär. Şu ýylky ekspedisiýanyň aýratynlygy gatnaşyjylaryň geografiýasynyň ep-esli giňeldilmegidir. Alymlar toparynyň düzümine Gyrgyzystandan, Täjigistandan, Özbegistandan alymlar, ilkinji gezek bolsa Türkmenistanyň etnograflary hem goşuldy. Türkmenistanyň wekiliýetine Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Taryh we arheologiýa institutynyň doktoranty Aýna Baýmyradowa hem-de Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň mugallymy Toýly Hommyýew wekilçilik edýär. Türkmenistanyň hünärmenleri türkmen halkynyň etnografiýasyny, taryhyny we däp-dessurlaryny öwrenmek boýunça işjeň ylmy işler alyp barýarlar we Altaý halklarynyň milli medeniýeti bilen etnomedeni meňzeşlikleri ýüze çykarmagy maksat edinýärler. Ekspedisiýanyň ugry Altaý ülkesiniň we Altaý Respublikasynyň çäklerini öz içine alýar. Alymlar sebitleriň ýerli etniki toparlarynyň – kumandinleriň, çelkanlaryň, tubalarlaryň, altaýlylaryň we telengitleriň däp bolan durmuş-medeni aýratynlyklaryny hem-de halk döredijiligini öwrenýärler. Ylmy-barlag topary ýola düşmezinden öň ADU-nyň rektory Sergeý Boçarow alymlar bilen duşuşyp, taslamanyň ylmy we medeni gatnaşyklary pugtalandyrmakdaky ähmiýetini nygtady: – Meýdan barlaglary türki halklarynyň taryhynyň we medeniýetiniň obýektiw keşbini döretmegiň esasy bolup durýar. Arheologlaryň we etnograflaryň toplaýan maglumatlary halklaryň janly medeniýetini öwrenmäge, Altaý we Merkezi Aziýa halklarynyň däp-dessurlaryndaky umumy aýratynlyklary ýüze çykarmaga mümkinçilik berýär. Şonuň üçin siziň işiňiz örän möhüm wezipäni ýerine ýetirýär – dostlugy we halkara hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga hyzmat edýär. Alymlaryň wezipesi halklary birleşdirmekdir, sebäbi biziň gözbaşlarymyz umumydyr – diýip, Sergeý Boçarow aýtdy. Ekspedisiýanyň ýolbaşçysy, ADU-nyň Taryh we halkara gatnaşyklary institutynyň direktory Iwan Nazarowyň aýtmagyna görä, Altaý türki halklarynyň taryhynda aýratyn orun eýeleýär. Altaýyň we Merkezi Aziýanyň häzirki türki dilli halklarynyň köpüsi Altaýy özleriniň taryhy watany hökmünde kabul edýär. – Etnografiýa ylmy hojalykda, ýaşaýyş jaýlarynda, egin-eşiklerde, iýmitde, jemgyýetçilik gatnaşyklarynda, garyndaşlyk adalgalarynda we ynançlarda saklanyp galan medeni hadysalaryň üsti bilen bu baglanyşyklary yzarlamaga mümkinçilik berýär. Hut şu ýagdaý hem dürli ýurtlaryň alymlary üçin ekspedisiýa taslamamyzy özüne çekiji edýär – diýip, Iwan Nazarow belledi. Meýdan işleriniň başlanmagy ýerli halklaryň halkara güni bilen gabat geldi. Ugruň ilkinji nokady Biýsk şäherindäki kumandinler jemgyýeti boldy. Jemgyýetiň ýolbaşçylary we ýaşululary ekspedisiýa gatnaşyjylary üçin oda tagzym etmek däbini ýerine ýetirdiler, etno-merkeze gezelenç guradylar we alymlara milli tagamlary hödürlediler. Soňra ekspedisiýanyň ugry Altaý Respublikasynyň Turoçak etrabynyň üstünden geçer. Bu ýerde Russiýa Federasiýasynyň Demirgazygynyň, Sibiriň we Uzak Gündogarynyň ýerli az sanly halklarynyň wekilleri ýaşaýarlar. Ust-Kan we Ust-Koksa etraplarynda etnograflar günorta altaýlylaryň milli medeniýetiniň elementlerini ýazga geçirmäge aýratyn üns bererler. On günlük meýdan barlaglarynyň dowamynda guramaçylar Altaý halklarynyň milli medeniýetiniň durnuklylygyny görkezýän özboluşly maglumatlar toplumyny ýygnamagy meýilleşdirýärler. Toplanan maglumatlar Merkezi Aziýanyň beýleki halklary bilen etnomedeni gatnaşyklary ýüze çykarmak üçin esas bolup, birnäçe ylmy neşirlerde öz beýanyny tapar. Taslama Russiýanyň Geografik jemgyýetiniň Altaý ülkesindäki bölüminiň goldawy bilen amala aşyrylýar. Bu bolsa diňe bir gözlegleriň gerimini giňeltmäge däl, eýsem, bilim ugruny güýçlendirmäge hem mümkinçilik berýär. Hususan-da, düşürilen foto we wideo materiallaryň esasynda göçme fotosergi taýýarlanar. Ol 2026-njy ýylyň güýzünde sebitdäki ýokary okuw mekdeplerinde, muzeýlerde we jemgyýetçilik meýdançalarynda görkezilip başlanar. Swetlana Çirsowa
AKADEMIKI MÜMKINÇILIKLER WE HALKARA TEJRIBE
Geljekde daşary ýurtda okamak, täze medeniýetleri öwrenmek we halkara derejede tejribe toplamak isleýän ýaşlar üçin Germaniýa özüne çekiji ýerleriň biri bolup durýar. Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň halkara gatnaşyklary institutynyň talyby hökmünde, men hem meşhur Nemes akademik alyş-çalyş gullugynyň (DAAD) granty bilen Germaniýada bir aýlyk tomus çuňlaşdyrylan “Hochschulsommerkurse” nemes dili okuw maksatnamasynda okamak mümkinçiligine eýe boldum. Bu halkara maksatnamasynyň düýp maksady dünýäniň çar tarapyndan gelen talyplaryň nemes dili başarnyklaryny gysga wagtyň içinde düýpli ýokarlandyrmakdan, olary Germaniýanyň baý medeniýeti, döwrebap bilim ulgamy bilen ýakyndan tanyşdyrmakdan ybaratdyr. Çuňlaşdyrylan amalyýetinde talyplara diňe bir adaty grammatika we sözlük sapaklary okadylman, mundan başga-da akademiki ýazuw, erkin gürleşik tejribesi, dogry aýdylyş we diňleýiş boýunça ýöriteleşdirilen sapaklara gatnaşýarlar. Sapaklar doly nemes dili gurşawynda we tejribeli mugallymlaryň ýolbaşçylygynda geçirilýändigi üçin dil öwreniş amaly örän çalt, tebigy we netijeli bolup geçýär. Sapaklaryň çäginde talyplar diňe bir dili däl, eýsem Germaniýanyň jemgyýetçilik durmuşyny, syýasy gurluşyny we ykdysady üstünliklerini düşündirýän ýurt öwreniş temasyny hem giňişleýin özleşdirýärler. Mundan başga-da, talyplar sapaklardan daşary Germaniýanyň ajaýyp şäherlerine gezim edýärler, sebitiň taryhy ýerlerini, muzeýlerini we medeni merkezlerini görýärler, nemes halkynyň gündelik durmuşy bilen ýakyndan tanyşýarlar. Dünýäniň takmynam 150 ýurdundan gelen, dürli garaýyşly we maksatly talyplar bilen bir gurşawda bolmak täze halkara dostluklaryň gözbaşyny tutýar, halkara gatnaşyklary berkidýär we talyplaryň dünýägaraýşyny giňeldýär. Bu maksatnama diňe bir dil amalyýeti bolman, eýsem geljekki akademik we hünär ýolumyz üçin hem möhüm ädimdir. Ýaş nesilleriň bilimini has hem ýokarlandyrmak ugrunda amala aşyrylýan halkara başlangyçlary ýaşlaryň ylmy derejede özleşdirilýändiginiň hem-de ýurdumyzyň ýokary bilim ulgamynyň dünýä derejesindäki abraýynyň aýdyň subutnamasydyr. Mähri GUZYÇYÝEWA, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň Halkara ykdysady gatnaşyklary fakultetiniň 4-nji ýyl talyby
Türkmen hünärmenleri Germaniýanyň Klaustal tehnologiýa uniwersitetinde halkara ylmy-barlag tejribeligini geçýärler
2026-njy ýylyň 25-nji iýulyndan 16-njy awgustyna çenli Germaniýanyň Klaustal Tehniki uniwersitetinde emeli aňyň senagatda ulanylmagy, metan zyňyndylaryny azaltmak we täzelenýän energiýa çeşmelerini energiýa ulgamlaryna integrirlemek boýunça halkara ylmy-barlag tejribeliginiň okuwlary geçirilýär. Tejribelik Germaniýanyň Halkara hyzmatdaşlyk boýunça jemgyýetiniň (GIZ) tarapyndan Ýewropa Bileleşigi bilen bilelikde durmuşa geçirilýän «Ýewropa Bileleşigi Türkmenistanyň ýaşyl ösüşi üçin: 2024–2029-njy ýyllar üçin syýasy dialog we howanyň üýtgemegi boýunça hereketler» atly taslamanyň çäklerinde guralýar. Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň mugallymy halkara ylmy-barlag tejribelige Türkmenistanyň Energetika ministrliginiň, Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň we «Türkmengaz» döwlet konserniniň Ylmy-barlag tebigy gaz institutynyň wekilleri bilen gatnaşýar. Gatnaşyjylar emeli aňyň binýatlyk ýörelgelerini, maglumatlary işlemek we kadalaşdyrmak usullaryny, çykaryşlary hem-de önümçilik proseslerindäki näsazlyklary kesgitlemegi, şeýle hem neýron torlarynyň mümkinçiliklerini öwrenýärler. Amaly sapaklarda bu tehnologiýalaryň senagat önümçiligine ornaşdyrylmagynyň usullaryna aýratyn üns berilýär. Klaustal Tehniki uniwersitetiniň barlaghanalarynda türkmen hünärmenleri guýularyň bitewiligini gözegçilikde saklamak, çuňňur we gyýa ugrukdyrylan guýulary burawlamak ýaly ugurlar boýunça ylmy-barlag işlerine gatnaşýarlar. Şeýle hem emeli aň algoritmleriniň kömegi bilen fotoelektrik desgalarynyň işleýşini modelirlemek we onuň netijelerini çaklamak boýunça işler geçirilýär. Tejribeligiň ýene bir möhüm ugry metan zyňyndylaryny ýüze çykarmak we azaltmak tehnologiýalary bilen baglydyr. Bu ugurda öwrenilýän çemeleşmeler nebit-gaz pudagynda önümçilik amallarynyň ekologiýa taýdan has netijeli guralmagyna hem-de energiýa serişdeleriniň ýitgisiniň azaldylmagyna gönükdirilendir. Maksatnamanyň çäklerinde türkmen wekiliýetiniň Germaniýadaky iri önümçilik desgalaryna baryp görmegi hem meýilleşdirilýär. Şolaryň hatarynda kükürtli gazy gaýtadan işleýän senagat zawody, şeýle hem gün we ýel energiýasy ýaly täzelenýän çeşmelerden peýdalanýan elektrik stansiýalary bar. Bu saparlaryň dowamynda gatnaşyjylar önümçilikde häzirki zaman tehnologiýalarynyň we täzelenýän energiýa ulgamlarynyň ulanylyşyny ýerinde öwrenmäge mümkinçilik alarlar. Klaustal Tehniki uniwersitetinde geçirilýän ylmy-barlag tejribeligi Türkmenistanyň hünärmenleriniň emeli aň, maşyn arkaly öwreniş, metan zyňyndylaryny azaltmak we täzelenýän energiýa çeşmeleri boýunça amaly bilimlerini giňeltmäge şert döredýär. Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersiteti
ÝÖRITE SAZÇYLYK WE SUNGAT MEKDEPLERI ÜÇIN «HORY ÖWRENIŞ» ATLY OKUW GOLLANMASY NEŞIR EDILDI
Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň başyny başlan we häzirki wagtda hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýolbaşçylygynda üstünlikli amala aşyrylýan medeniýet we sungat bilen baglanyşykly işler hem öňdäki hatarda durýar. Öz gözbaşyny gadymy döwürlerden alyp gaýdýan türkmen medeniýeti, sungaty häzirki wagtda uly ösüşleri başdan geçirýär. Milli medeniýetimiziň we sungatymyzyň galkynmagy ýaş nesli döwrebap terbiýelemekde uly ähmiýete eýe bolup, geçmişde yz goýan taryhymyzyň şan‑şöhratly sahypalaryna buýsanç döredýär. Jemgyýetçilik durmuşynda hor sungatynyň tutýan orny örän ýokarydyr. Sebäbi onuň beýan ediji serişdeleri diňleýjä estetiki taýdan täsir edýär. Türkmen hor sazy saz sungatynyň iň täsirli ulgamlarynyň biridir. Ol hor medeniýetiniň däp‑dessurlaryny miras almak bilen, dünýä sazynyň iň kämil nusgalaryny tebigy taýdan özüne siňdirýär. Ýaňy-ýakynda ýörite sazçylyk we sungat mekdepleri üçin «Hory öwreniş» atly okuw gollanmasy (awtory: B.Berdiýew – A.: Türkmen döwlet neşirýat gullugy, 2026) neşir edildi. Hory öwreniş dersi «hor dirižýorlygy» we «saz mugallymçylygy» hünärleriniň talyplaryna degişli (hora dirižýorlyk etmek, hor klasy, hor edebiýaty, okatmagyň usulyýeti we ş.m.) dersleri özleşdirmek bilen baglanyşykly meseleleriň esasy mazmunyny düşündirip geçýär. Bu okuw gollanmasynyň esasy maksady – hor sungaty barada giňişleýin düşünje bermek bilen, horuň gelip çykyşy (taryhy maglumatlar), onuň görnüşleri, düzümi, ýerine ýetirijilik usullary, ansambl meseleleri, wokal‑hor aýratynlyklary, olara degişli dürli adalgalar (terminler) bilen tanyşdyrmakdyr. Okuw gollanmasy hor sungatynyň taryhy we ösüşi bilen gyzyklanýanlara, ýörite sazçylyk we sungat mekdepleriniň talyplaryna hem-de şu ugurdan okadýan mugallymlara goldaw berer. Çünki onda hor sungatynyň taryhy, horşynaslygyň esasy meseleleri, horuň esasy owazlanyş elementleri, hor eserini derňemek, çagalar hory bilen işlemegiň aýratynlyklary, hor ýolbaşçysynyň guramaçylyk işleri we professional taýynlygy, hor bilen owaz maşklaryny geçirmek üçin niýetlenen gönükmeler, ýörite sungat (sazçylyk) mekdepleriniň hor toparlarynyň repertuaryna hödürlenýän a’kapella eserleri bilen baglanyşykly gymmatly maglumatlar ýeleşdirilipdir. Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň okuw kitaplaryny taýýarlamak we neşir işleri bölümi
ÝOKARY OKUW MEKDEPLERI ÜÇIN TÄZE OKUW KITABY NEŞIR EDILDI
Ýurdumyzda «Il saglygy – ýurt baýlygy» diýen pähimden ugur alnyp, ynsan saglygyna döwletimiziň iň gymmatly baýlygy hökmünde garalýar. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe halkymyzyň baş saglygyny gorajak, kärine ussat, başarjaň ýokary bilimli lukmanlary taýýarlamak Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň işgärleriniň öňünde hem wajyp wezipeleriň hatarynda durýar. Ýaňy-ýakynda ýurdumyzyň lukmançylyk ýokary okuw mekdepleri üçin «Andrologiýa» okuw kitaby (awtory: M.Çaryýew – A.: Türkmen döwlet neşirýat gullugy, 2026) çap edildi. Bu okuw kitaby lukmançylyk ýokary okuw mekdebiniň talyplary üçin andrologiýa dersi boýunça okuw maksatnamasyna laýyklykda taýýarlanyldy. Okuw kitabynda andrologiýa dersiniň umumy meseleleri – erkek jyns ulgamynyň anatomiýasy we fiziologiýasy, andrologik keselleriň alamatlary, olary anyklamak üçin ulanylýan barlag usullary hem-de ýöriteleşdirilen soraglar – halk arasynda köp duş gelýän andrologik keseller, olaryň sebäpleri, patogenezi, kliniki geçişi, anyklanylyşy we bejerilişi beýan edilýär. Bu okuw kitaby Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň talyplary üçin niýetlenip, ol saglygy goraýyş ulgamynyň dürli ugurlarynda işleýän lukmanlar üçin hem ygtybarly gollanma bolup biler. Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň Okuw kitaplaryny taýýarlamak we neşir işleri bölümi
«YKDYSATÇYLAR ÜÇIN IŇLIS DILI» TÄZE OKUW KITABY NEŞIR EDILDI
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Türkmenistanda halkymyzyň mynasyp geljegini üpjün etmäge gönükdirilen giň gerimli maksatnamalar üstünlikli durmuşa geçirilýär. Bu özgertmeleriň çäklerinde bilim we terbiýe ulgamyny ösdürmäge, onuň hilini ýokarlandyrmaga, ýaş nesle häzirki zaman talaplaryna laýyk gelýän bilimleri bermäge we amaly başarnyklary kemala getirmäge aýratyn üns berilýär. Okuwyň amaly ugra gönükdirilmegini güýçlendirmek we okuwçylaryň alan bilimlerini durmuşda hem-de hünär işinde ulanmak başarnygyny ösdürmek möhüm ugurlaryň biri hasaplanylýar. «Ykdysatçylar üçin iňlis dili» («English for Economists») okuw kitaby (awtorlary: A.Sätgeldiýewa, G.Hallyýew – A.: Türkmen döwlet neşirýat gullugy, 2026) çap edildi. Okuw kitaby, ilkinji nobatda, Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleriniň ykdysadyýet fakultetleriniň talyplary, şeýle hem iňlis dilinde işewürlik we ykdysadyýetiň esaslary bilen gyzyklanýanlar üçin niýetlenendir. Okuw kitaby dürli ykdysady temalara bagyşlanan 13 bölümden ybarat. Her bölüm ýöriteleşdirilen söz baýlygyny öwrenmäge we berkitmäge gönükdirilen türgenleşikleri öz içine alýar. Tekstler talyplara okuw materialyna düşünişini barlamaga we täze öwrenilen sözleri amaly taýdan ulanmaga mümkinçilik berýän dürli ýumuşlar bilen utgaşdyrylýar. Mundan başga-da, neşirde tankydy pikirlenmäni we kommunikatiw başarnyklary ösdürmäge gönükdirilen okatmagyň häzirki zaman usullary, şol sanda ýagdaýlary modelirlemek, keşpler boýunça oýunlar we amaly ýagdaýlaryň seljermesi ulanylýar. Talyplaryň özbaşdak işlemegine hem aýratyn üns berilýär. Bu bolsa olara özlerini gyzyklandyrýan temalary has çuňňur öwrenmäge mümkinçilik berýär. Okuw kitaby ykdysady bilimleri giňeltmäge we geljekki hünär işinde zerur bolan professional dil başarnyklaryny ösdürmäge gönükdirilendir. Şeýlelikde, bu okuw kitaby ýörite maksatlar üçin iňlis dilini (ESP — English for Specific Purposes) öwrenmekde hem-de talyplary ykdysadyýet ulgamyndaky geljekki hünär işine taýýarlamakda peýdaly okuw serişdesi bolar. Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň Okuw kitaplaryny taýýarlamak we neşir işleri bölümi
Syýasy söhbetdeşlik geçirildi
2026-njy ýylyň awgust aýynyň 9-na Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň mugallymlarynyň gatnaşmaklarynda syýasy söhbetdeşlik geçirildi. Söhbetdeşligiň dowamynda golaýda Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň başlygy Gahryman Arkadagymyzyň başlyklyk etmeginde Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň mejlisi we onuň dowamynda Gahryman Arkadagymyzyň beren tabşyryklary barada birnäçe çykyşlar diňlenildi. Söhbetdeşligiň ahyrynda oňa gatnaşyjylar okamaga, döretmäge, ýaş nesli ýokary derejeli hünärmenler edip ýetişdirmäge döredilýän ähli mümkinçilikler üçin Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň başlygy Gahryman Arkadagymyza, Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş hem-de hoşallyk sözlerini aýtdylar. Türkmenistanyň Döwlet energetika instituty
“IWISE Global Final London 2026” halkara bäsleşiginde Türkmenistanyň mekdep okuwçylary uly üstünlik gazandylar
2026-njy ýylyň 2-7-nji awgusty aralygynda Beýik Britaniýanyň we Demirgazyk Irlandiýanyň Birleşen Patyşalygynyň London şäherinde “IWISE Global Final London 2026” atly abraýly halkara bäsleşigi geçirildi. Dünýäniň 25 döwletinden okuwçylaryň gatnaşmagynda geçen bu bäsleşikde mekdep okuwçylarymyz üstünlikli çykyş etdiler. Bu halkara bäsleşigine ýurdumyzyň mekdeplerinden saýlanan jemi 10 okuwçy gatnaşdy. Okuwçylarymyza Myrat Sähetgulyýew (Arkadag şäheriniň 1-nji ýöriteleşdirilen okuw-terbiýeçilik toplumynyň informatika mugallymy) we Goçmyrat Baýramow (Aşgabat şäheriniň dil derslerini çuňlaşdyryp öwredýän ýöriteleşdirilen 97-nji orta mekdebiniň taryh mugallymy) ýolbaşçylyk etdiler. Ýaryşda okuwçylarymyz çyzygy yzarlaýan robot (Line follower robot), labirintden çykalga tapýan robot (Maze solving robot), kiçi göreşiji robot (Mini-sumo robot) ýaly ugurlary boýunça öz başarnyklaryny görkezdiler. Halkara bäsleşigiň netijeleri boýunça mekdep okuwçylarymyz 6 altyn we 4 kümüş medal gazanmagy başardylar. Bu ýaryşda Resulberdi Orazberdiýew, Salyh Kakalyýew, Resul Geldiýew (Aşgabat şäheriniň dil dersleri çuňlaşdyryp öwredilýän ýöriteleşdirilen 97-nji orta mekdebiniň okuwçylary), Selim Begmuradow (Aşgabat şäheriniň 7-nji orta mekdebiniň okuwçysy) hem-de Nurmyrat Kulow (Aşgabat şäheriniň dil dersleri çuňlaşdyryp öwredýän ýöriteleşdirilen 87-nji orta mekdebiniň okuwçysy), şeýle hem Mälikmyrat Annamuradow (Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Berdimuhamet Annaýew adyndaky 1-nji ýöriteleşdirilen harby mekdebiniň okuwçysy) altyn medala mynasyp boldular. Mundan başga-da Salyh Altyýew (Aşgabat şäheriniň dil dersleri çuňlaşdyryp öwredilýän ýöriteleşdirilen 97-nji orta mekdebiniň okuwçysy), Rozymyrat Ýagşymyradow (Aşgabat şäheriniň daşary ýurt dillerine ýöriteleşdirilen 13-nji orta mekdebiniň okuwçysy), Ebubekir Berdiýew (Arkadag şäheriniň ýöriteleşdirilen 3-nji orta mekdebiniň okuwçysy) we Umyt Atamyradow (Arkadag şäheriniň ýöriteleşdirilen 2-nji orta mekdebiniň okuwçysy) kümüş medala eýe boldular. Okuwçylarymyzyň bäşisiniň bu ýaryşda aýratyn tapawutlanyp, “Iň gowy gatnaşyjy” (Best of the best) diýlip yglan edilmegi we ýörite pul baýraklarynyň gowşurylmagy aýratyn bellenmäge mynasypdyr. Mekdep okuwçylarymyzyň bu halkara üstünlikleri ýaş nesliň döwrebap ylym-bilim almagy üçin ýurdumyzda döredilýän giň mümkinçiliklerden gözbaş alýar. Türkmenistanyň Bilim ministrligi
Gökderede ýangyn-amaly sporty boýunça nobatdaky bäsleşik geçirildi
7-nji awgustda Gökdere jülgesinde ýerleşýän «Çynar» çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezinde ýangyn-amaly sporty boýunça bäsleşik geçirildi. Bäsleşige bu ajaýyp künjekde dynç alýan ýetginjeklerden ybarat ýaş ýangyn söndürijileriň 14 topary gatnaşdy. Bu barada “Ýaş tebigatçy” jemgyýetçilik guramasynyň resmi saýtynda (https://tebigatchy.co.tm/tm/news/regular-competitions-in-fire-applied-sports-held-in-gokdere-jqw4) habar berildi. 10–14 ýaşly ýetginjek oglanlar ýangyna garşy göreşmek ukyplaryny 5 tapgyrdan ybarat bolan bäsleşikde görkezdiler. Olar agaç päsgelçiliklerden ylgap geçmek, ýangyn suw pürküji guraly suw geçirijä birikdirip hem-de aýryp ylgawyny dowam etdirmek, pökgüleri nyşananyň içine düşürmek, ýangyn söndürijini dogry ulanmak, emeli ýangyna garşy göreşmegiň dogry düzgünini ýerine ýetirip, ýangyny söndürmek boýunça bäsleşip, ýokary taýýarlyklaryny görkezdiler. Bu çäre Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň Döwlet ýangyn howpsuzlygy gullugynyň, «Ýaş tebigatçy» jemgyýetçilik guramasynyň, Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň, Ýangyna garşy meýletinçiler jemgyýetiniň, Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýetiniň hem-de Ýangyn-amaly sport federasiýasynyň bilelikde guramagynda geçirildi. Eminler toparynyň gelen netijelerine görä, çekeleşikli geçen ýaryşda 1-nji orna «Ýaşlyk» çagalar sagaldyş we dynç alyş merkeziniň, 2-nji orna «Altyn damja» çagalar sagaldyş we dynç alyş merkeziniň, 3-nji orna bolsa «Nesil» çagalar sagaldyş we dynç alyş merkeziniň höwesek toparlary mynasyp boldular. Mundan başga-da, bäsleşigiň dowamynda aýratyn tapawutlanan türgenler we tälimçiler hem ýörite baýraklar boýunça sylaglandylar. Şeýlelikde, Muhammetmyrat Nyýazow adyndaky çagalar dynç alyş we sagaldyş merkezinden Hudaýberdiýew Allanur «Iň ýaş türgen», «Altyn Ýyldyz» çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezinden Begjanow Ahmet «Iň çalasyn türgen» diýlip yglan edildi. «Çynar» çagalar sagaldyş we dynç alyş merkeziniň terbiýeçisi Pirliýew Kemalnazar bolsa, «Iň gowy tälimçi» diýen ada eýe boldy. Bäsleşigiň ýeňijilerine we aýratyn tapawutlanan gatnaşyjylara guramaçylar tarapyndan Hormat hatlary hem-de ýadygärlik sowgatlar dabaraly ýagdaýda gowşuryldy.
TALYPLYK - ÝAŞLYGYŇ ARZYLY MENZILI
Akyldarlaryň aýdan bir sözi bar: «Arzuwlaryň nirede bolsa sen hem şol ýerde bolarsyň». Edilen arzuwlaram biziň Watanymyzda bolsa oňa ýetesi zat ýok. Çünki Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan Watanymyz arzuwlaryň hasyl bolýan ülkesi. Häzirki ajaýyp döwrümizde innowasion tehnologiýalaryň ösüşi durmuş hakykatyna öwrüldi. Bu günki ýaşlar iň ösen tehnologiýalary, sanly ulgamy ussatlyk bilen özleşdirýärler. Ähli ugurlar bilen bir hatarda, sanly ulgamyň hem ösdürilmegi ýaşlary buýsanja besleýär. Heniz mekdep ýyllarynda okan wagtym tehniki hünär boýunça ýokary bilim alyp, Watanymyzyň ösüşine goşant goşjak ýaşlaryň biri bolup ýetişmegi arzuw edýärdim. “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany” ýylynda Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň giriş synaglaryndan üstünlikli geçip, talyp adyna mynasyp boldum we öz öňümde goýan beýik maksadyma ýetdim. 2025-nji ýylda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň döredilen güni mynasybetli bu guramanyň Merkezi Geňeşi tarapyndan yglan edilen "Türkmenistanyň Ýaşlar baýragynyň eýesi" hormatly adyna mynasyp boldum. Nesip bolsa, geljekde hem döredijilik ukyplarymy kämilleşdirip, öwredilýän ylymlary we bilimleri düýpli özleşdirip, saýlap alan hünärimiň eýesi bolup, Watanyma, halkyma tüýs ýürekden hyzmat etjekdigime ynandyrýaryn. Biz ýaşlara bilim almak üçin şeýle ajaýyp mümkinçilikleri döredip berýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak, umumyadamzat ähmiýetli işleri rowaç bolsun! Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň Änew şäheriniň ýaşaýjysy Merdanowa Gülşirin, Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň 1-nji ýyl talyby
TALYP BOLMAK – HER BIR ÝAŞ ÝIGIDIŇ ARZUWY
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ata Watanymyzyň her bir güni uly ösüşlere beslenýär. Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň alyp barýan geljegi nazarlaýan oňyn başlangyçlary esasynda ýurdumyzda ýaş nesil hakda edilýän aladalar, amala aşyrylýan özgertmeler halkymyzy, şol sanda biz ýaşlary hem täze üstünliklere ruhlandyrýar. “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany” ýylynda Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetinde 2026-2027-nji okuw ýyly üçin giriş synaglaryndan üstünlikli geçip, talyp adyna mynasyp bolmak maňada miýesser etdi we öz öňümde goýan beýik maksadyma ýetdim. Men 2025-nji ýylda ABŞ-nyň Kaliforniýa ştatynyň Los Anjeles şäherinde geçirilen Halkara derejesinde XCEL International Round boýunça atly bäsleşigine gatnaşyp, I derejeli Diplom bilen sylaglandym. Nesip bolsa, geljekde hem döredijilik ukyplarymy kämilleşdirip, öwredilýän ylymlary we bilimleri düýpli özleşdirip, saýlap alan hünärimiň eýesi bolup, Watanyma, halkyma tüýs ýürekden hyzmat etjekdigime ynandyrýaryn. Döwletimiziň bilim ulgamyny dünýä derejesine çykarmak, ýurdumyzyň nebitgaz pudagynyň kämilligini gazanmak ugrundaky asylly işlere goşant goşmak üçin ýokary derejeli hünärmen bolup ýetişmek ugrynda zähmet çekerin. Biz ýaşlara ajaýyp mümkinçilikleri döredip berýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza hem-de Hormatly Prezidentimize tüýs ýürekden sagbolsun aýdýarys. Goý, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň hem-de Gahryman Arkadagymyzyň janlary sag, röwşen ömürleri uzak bolsun, il-ýurt bähbitli, döwlet ähmiýetli alyp barýan dünýä nusgalyk işleri uly rowaçlyklara beslensin! Aşgabat şäheriniň ýaşaýjysy Döwletgeldiýew Döwletgeldi, Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň 1-nji ýyl talyby
TALYPLYK BUÝSANJY - KÖŇÜL BUÝSANJY
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda eziz Diýarymyzyň her bir güni uly şatlykly pursatlara beslenýär. 2026-njy “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany” ýurdumyzyň ençeme bagtyýar ýaşlary bilen bir hatarda maňa hem Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň talyby bolmak bagty miýesser etdi. Şeýle ajaýyp döwürde, ýagny Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllygynyň bellenilýän ýylynda giriş synaglaryny üstünlikli tabşyryp ýurdumyzyň abraýly ýokary okuw mekdepleriniň biri bolan Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň talyby bolandygyma begenjimiň çägi ýok. Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetinde okap, saýlap alan ugrum boýunça döwrebap hünärmen bolup, ýurdumyzyň nebitgaz pudagyny ösdürmek boýunça alnyp barylýan işlere özümiň mynasyp goşandymy goşjakdygyma Gahryman Arkadagymyzy, Arkadagly Gahryman Serdarymyzy tüýs ýürekden ynandyrýaryn. Men 2014-2026 ýyllar aralygynda Aşgabat şäheriniň 6-njy orta mekdebinde bilim aldym. Mekdepde okan döwrümde 2024-nji ýylda FISO iňlis dili dersi boýunça geçirilen olimpiadasynda I orny eýeläp altyn medala, 2024-nji ýylda Halkara TeenEagle bäsleşiginiň TeenEagle Online English Language Competititon ugrunda geçirilen bäsleşikde II orny eýeläp bürünç medala, 2025-njy ýylda Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersiteti tarapyndan iňlis dili dersi boýunça geçirilen olimpiadada II orny eýeläp kümüş medala eýe boldum. Ýeri gelende aýtsak, Gahryman Arkadagymyzyň howandarlygynda, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary bilen biz talyp ýaşlara ýurdumyzda iň döwrebap bilimleri almagymyz, ýurdumyzy we halkymyzy beýik gelejegimize tarap ynamly alyp gitjek hünärmenler bolup ýetişmegimiz üçin ähli şertler döredilýär. Muny men ýaňy okuwa gadam basan ýokary okuw mekdebim bolan, Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň mysalynda hem aýdyp bilerin. Bu ýerde döwrebap bilimleri almak üçin ähli şertler döredilipdir. Biz - ýaşlaryň ýokary tehnologiýalar bilen üpjün edilen bilim ojaklarynda ylym-bilim öwrenip, ýokary derejeli hünärmenler bolup ýetişmegimiz üçin giň mümkinçilikleri döredip berýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagyny, alyp barýan il bähbitli, ýurt ähmiýetli tutýan tutumly işleriniň elmydama rowaçlyklara beslenmegini arzuw edýärin. Aşgabat şäheriniň ýaşaýjysy Aşyrowa Nurana, Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň 1-nji ýyl talyby
ÝOKARY OKUW MEKDEPLERI ÜÇIN «AGRONOMÇYLYKDA INNOWASION TEHNOLOGIÝALAR» OKUW KITABY ÇAP EDILDI
Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda döwletimiziň we jemgyýetimiziň ösüş ugurlaryny kämilleşdirmek, ykdysadyýetiň düzümlerini üýtgedip gurmak, işi guramagyň hem-de ýöretmegiň täze, has netijeli usullaryny ornaşdyrmak babatda düýpli özgertmeler durmuşa geçirilýär. Sözüň doly manysynda, ýurdumyz täze eýýamyň Galkynyşyny başdan geçirýär. Oba hojalygynda ylmyň gazananlaryny, täze tehnologiýalary, öňdebaryjy tejribäni, ýerli toprak-howa şertlerine uýgunlaşan ekinleriň täze sortlaryny döretmek we önümçilige ornaşdyrmak, tohumçylyk işlerini ylmy esasda talabalaýyk alyp barmak, oba hojalyk ekinleriniň bol hasylyny ösdürip ýetişdirýän kärendeçileri, babadaýhanlary mineral dökünler, himiki serişdeler, mehanizmleşdirilen hyzmatlar bilen öz wagtynda ýeterlik derejede üpjün etmek, geçirilmeli agrotehniki çäreleriň ýokary hilli berjaý edilmegi arkaly oba hojalyk ekinleriniň hasylynyň möçberi has-da artdyrylýar. Ýaňy-ýakynda ýokary okuw mekdepleri üçin «Agronomçylykda innowasion tehnologiýalar» okuw kitaby (awtorlary: Ç.Mämmedow, H.Işankulyýew, B.Hallyýew, B.Orazgeldiýew – A.: Türkmen döwlet neşirýat gullugy, 2026) çap edildi we oba hojalyk ugurly ýokary okuw mekdepleriniň kitap gorlarynyň üstüni ýetirdi. Okuw kitabynda oba hojalyk ekinlerini ösdürip ýetişdirmegiň innowasion tehnologiýalary, ylmyň gazananlary, önümçilige ornaşdyrylan häzirki zaman tehnologiýalar, suw we iýmit düzgüni barada ylmy-önümçilik taýdan ähmiýetli maglumatlar, daşky gurşawy gorap saklamak ýaly meselelere üns berilýär. Bu okuw kitabynyň bölümlerinde ýurdumyzda öňe sürülýän esasy ekinler bolan bugdaýyň, gowaçanyň, gant şugundyrynyň, şalynyň, şeýle hem ýeralmanyň, dänelik we ot-iýmlik mekgejöweniň, ýorunjanyň, aralyk ekinleriň ösdürilip ýetişdirilişi, topragy gurplandyrmakdaky ähmiýeti, ulanylýan döwrebap tehnikalar, tehnologiýalar barada beýan edilýär. Okuw kitaby Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň we institutynyň talyplary üçin niýetlenip, ondan ýöriteleşdirilen orta hünär okuw mekdepleriniň degişli hünärleriniň talyplary, ylmy işgärler, hünärmenler, mülkdarlar, daýhanlar, kärendeçiler hem-de bu ugur bilen gyzyklanýan beýleki okyjylar köpçüligi hem peýdalanyp bilerler. Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň okuw kitaplaryny taýýarlamak we neşir işleri bölümi
«MATEMATIKA BOÝUNÇA MAGLUMAT KITAPÇASY» ATLY OKUW GOLLANMASY ÇAP EDILDI
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýolbaşçylygynda bilim ulgamynda uly işler amala aşyrylýar. Matematika dersi boýunça täze okuw maksatnamalarynyň we okuw kitaplarynyň umumybilim berýän orta mekdepleriň ygtyýaryna berilmegi bu dersi okatmak boýunça täze okuw serişdeleriniň işlenip taýýarlanylmagyny talap edýär. «Türkmenistanda tebigy we takyk ylmy ugurlara degişli dersleri okatmagy kämilleşdirmegiň Konsepsiýasyna» laýyklykda tebigy we takyk ylmy ugurly dersler boýunça elektron okuw kitaplaryny, okuw‑görkezme esbaplaryny, maglumat kitapçalaryny taýýarlamak wajyp meseleleriň biri bolup durýar. «Türkmenistanda umumybilim maksatnamalary boýunça okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmegiň 2028-nji ýyla çenli Konsepsiýasy» boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň biri-de umumybilim maksatnamalary boýunça okuw-usuly edebiýatlar, okuw-görkezme esbaplary, goşmaça edebiýatlar bilen üpjünçiligi yzygiderli berkitmek we kämilleşdirmek bolup durýar. Şu nukdaýnazardan hem umumybilim berýän orta mekdepler üçin «Matematika boýunça maglumat kitapçasy» atly okuw gollanmasy (awtory: A.Amanow) taýýarlanyldy we ýaňy-ýakynda Türkmen döwlet neşirýat gullugy tarapyndan çap edildi. Okuw gollanmasy on bäş bölümden ybarat bolup, onuň birinji bölüminde 5-nji synpyň, ikinji bölüminde 6-njy synpyň, üçünji we dördünji bölümlerinde 7-nji synpyň, bäşinji we altynjy bölümlerinde 8-nji synpyň, ýedinji we sekizinji bölümlerinde 9-njy synpyň, dokuzynjy we onunjy bölümlerinde 10-njy synpyň, on birinji we on ikinji bölümlerinde 11-nji synpyň, on üçünji we on dördünji bölümlerinde 12-nji synpyň matematika dersi boýunça okuw maksatnamalaryndaky temalara degişli gysgaça maglumatlar ýerleşdirilipdir. Okuw gollanmasynyň on bäşinji bölüminde umumybilim berýän mekdepleriň matematika okuw kitaplarynda ulanylýan halkara adalgalarynyň we belgileriň gelip çykyşyna degişli maglumatlar getirilýär. Bu okuw gollanmasynda okuw kitaplaryndaky maglumatlardan başga-da, çap edilen dürli kitaplardaky maglumatlar peýdalanylypdyr. Maglumat kitapçasy umumybilim berýän orta mekdepleriň okuwçylary, orta hünär we ýokary okuw mekdepleriniň giriş synaglaryna taýýarlanýanlar, ýokary okuw mekdepleriniň talyplary we matematika bilen gyzyklanýanlar üçin niýetlenendir. Okamaga, öwrenmäge, bilim almaga şeýle uly mümkinçilikleri döredip berýän hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň we türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun! Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň okuw kitaplaryny taýýarlamak we neşir işleri bölümi
Yhlasa – myrat
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda biz ýaşlar hakynda edilýän alada, arzuwlarymyzyň hasyl bolmagyna getirýär. Eziz Diýarymda Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk toýunyň bellenilýän ýylynda talyp bolmak bagty maňa-da miýesser etdi. Sungat ojagy bolan Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň bagtyýar talyby bolmak meniň çagalyk döwrümden bäri iň uly arzuwumdy. Men Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň daşary ýurt dillerine ýöriteleşdirilen 16-njy orta mekdebini üstünlikli tamamladym. Ata-babalarymyzyň döreden “Yhlasa – myrat”, “Yhlas et, myrada ýet” diýen ýaly pähimli sözlerinden ugur alyp Ahal welaýatynyň N. Saryýew adyndaky çagalar sungat mekdebinde çeperçilik hünäri boýunça okuwy tamamladym. Şol döwürde men Türkmenistanyň Medeniýet ministrligi tarapyndan geçirilen “Bagtyýar ýaşlar gözelligiň waspçysy” atly surat bäsleşiginde III orna mynasyp boldum. Ondan soňky ýyllarda Ahal welaýatynyň mekdep okuwçylarynyň arasynda geçirilen “Altyn asyryň altyn zehinleri” bäsleşigiň çäklerinde taslama ylmy döredijilik bäsleşiginde taryh dersinden I orny eýeledim. Meniň bu gazanan üstünliklerim sungat ugrundan ýokary bilim almaga bolan höwesimi has-da beýgeltdi. Sungata ykbalyny baglan biz ýaşlar milli gymmatlyklarymyzy, taryhymyzy Watanymyzyň şu günki ösüşlerini döredýän sungat eserlerimizde wasp edip, dünýä ýüzüne ýaýmakda özümiziň goşandymyzy goşjakdygymy ynandyrýarys. Şu pursatdan peýdalanyp, biz ýaşlaryň döwrebap bilim almagymyz ugrunda döredip berýän ähli mümkinçilikleri üçin Milli Liderimiz Gahryman Arkadagymyza, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza köp sag bolsun aýdýaryn. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag bolsun, ömürleri uzak bolsun, il-ýurt bähbitli tutýan ähli tutumly işleri rowaçlyklara beslensin! Nurana Kullaýewa, Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň amaly-haşam sungaty fakultetiniň halyçylyk sungaty hünäriniň 1-nji ýyl talyby.
Bagtyýar talyp men!
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan uly ösüşlere eýe bolýar. Ýurdumyzyň bilim we ylym ulgamynda ýaşlaryň dünýägaraýşyny giňeltmek, döredijilik bilen meşgullanmak ugrunda ähli şertler döredilýär. 2026-njy «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda hem-de Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk toýunyň bellenilýän ýylynda meniň durmuşymda iň bir şowly ýatdan çykmajak wakalaryň biri boldy. Bu ýyl maňa Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň şekillendiriş sungaty fakultetiniň stanok grafikasy hünäriniň 1-nji ýyl talyby bolmak bagty miýesser etdi. Meniň muňa begenjimiň çägi ýok. Sungata ykbalyny baglan döredijilik adamsy, isle ol ýazyjy-şahyr, isle suratkeş bolsun, olaryň sungat eserlerinde mukaddes Watanymyzyň bedew batly ösüşleri şöhlelendirilýär. Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň sungata goýýan belent sarpasy Watanymyzyň gözelligini dünýä ýaýmak baradaky arzuwlaryma itergi berdi. Men Daşoguz welaýatynyň Daşoguz şäheriniň 9-njy orta mekdebini üstünlikli tamamladym. Şeýle-de, Daşoguz welaýatynyň Daşoguz şäheriniň çagalar çeperçilik mekdebinde nakgaşçylyk hünäri boýunça ilkinji sungat bilimini aldym. Okan ýyllarymda “Garaşsyzlyk – türkmen halkynyň buýsanjy”, “Nowruz geldi ülkäme”, “Garaşsyz Diýara Täze ýyl geldi”, “Gülleýär – gül açýar, Bitarap Watan”, “Alabaýlaryň çeper waspy”, “Türkmeniň şamçyragy – Magtymguly Pyragy”, “Baharda Watanymyzyň waspy” atly surat çekmek bäsleşiklerinde üstünlik gazanyp, baýrakly orunlara mynasyp boldum. Halkara derejesinde 2023-nji ýylda geçirilen “Amyderýa – dostlugyň derýasy” atly surat bäsleşiginde III orna mynasyp boldum. 2024-nji ýylda geçirilen “Türkmenistan we türki dünýäsi ýaş suratkeşleriň gözi bilen” atly bäsleşige işjeň gatnaşandygym üçin hormat haty bilen sylaglandym. Saýlap alan hünärimde yhlasymy gaýgyrman, okap, bilim alyp, ýurdumyzyň ösüşlerini mynasyp çeper beýan etmek boýunça ukyp-başarnygymy gaýgyrman, söýen kärimi ele aljakdygyma ynandyrýaryn. Goý, geçmişimize jan, geljegimize şan beren Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, tutýan tutumly işleri elmydama rowaçlyklara beslensin! Madina Kalandarowa, Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň şekillendiriş sungaty fakultetiniň stanok grafikasy hünäriniň 1-nji ýyl talyby.
«VII – X SYNPLARDA FIZIKADAN SAPAK ÝAZGYLARYNY TAÝÝARLAMAK BOÝUNÇA USULY GOLLANMA» ÇAP EDILDI
Bilim işgärleriniň, aýratyn hem, mekdep mugallymlarynyň öňünde Berkarar döwletiň täze eýýamynyň galkynyşy döwrüniň nesillerine dünýä ülňülerine laýyklykda bilim we terbiýe bermek wajyp wezipe edilip goýuldy. Bu wezipäni ýerine ýetirmek üçin umumy orta bilim berýän mekdeplerde fizika dersini öwretmek arkaly okuwçylary ösen tehnikanyň häzirki zaman önümçiliginde ulanylyşy, fizikanyň kanunlarynyň durmuşa ornaşdyrylyşy bilen tanyşdyrmak, bu babatda okuwçylaryň geljekde zerur bolan amaly endikleri doly ele almaklary möhüm hasaplanylýar. Ýaňy-ýakynda umumybilim berýän orta mekdepleriň mugallymlary üçin «VII – X synplarda fizikadan sapak ýazgylaryny taýýarlamak boýunça usuly gollanma» atly okuw gollanmasy (awtorlary: M.Ýarbazow, M.Amanow, G.Gurbanow, O.Mämmetgulyýewa – A.: Türkmen döwlet neşirýat gullugy, 2026) çap edildi. Umumy orta bilim berýän mekdeplerde okuw-terbiýeçilik işiniň netijeliligi mugallymyň ussatlyk bilen sapagy döredijilikli guraýşyna gönüden-göni baglydyr. Türkmenistanyň Prezidentiniň 2020-nji ýylyň 4-nji dekabryndaky çykaran 2006-njy Karary bilen tassyklanan «Türkmenistanda tebigy we takyk ylmy ugurlara degişli dersleri okatmagy kämilleşdirmegiň Konsepsiýasy» kabul edildi. Konsepsiýanyň esasy maksady sanly ulgamyň mümkinçiliklerinden peýdalanyp, tebigy we takyk ylmy ugurly dersleri okatmagyň mazmunyny baýlaşdyrmakdan, hilini has-da ýokarlandyrmakdan, usulyýetini döwrebaplaşdyrmakdan, bu ugurda jemgyýetiň bähbitlerini goramaga taýýar, bilimli, döredijilikli, häzirki zaman ylmy-inženerçilik pikirli şahsyýetleri kemala getirmekden hem-de ösdürmekden ybaratdyr. 2022-nji ýylda «Umumy bilim berýän edaralarda okuw sapaklarynyň tertibiniň düzülişine, mugallymlaryň sapak ýazgylaryna, ýyllyk senenamalaýyn okuw çyzgydyna bildirilýän talaplar barada usuly gözükdiriji» tassyklanyldy. Şol gözükdirijiniň esasynda taýýarlanan bu usuly gollanma girişden, dört bapdan we mazmundan ybarat bolup, onda 2021-nji ýylda tassyklanan fizika dersi üçin okuw maksatnamasynda VII – X synplarda geçilmeli temalaryň ählisine degişli sapak ýazgylary talabalaýyk şekilde berilýär. Sapak ýazgylary okuw kitabynda ýerleşiş yzygiderliliginde berildi. Ondan başga-da, bu sapak ýazgylaryny taýýarlamak üçin zerur bolan gönükmeleriň çözülişi hem görkezildi. Bu okuw gollanmasy fizika sapagynda geçilýän temalaryň okuwçylara has düşnükli we özüne çekiji bolmagyna, mugallymyň sapagy döredijilikli guramagyna we geçirmegine ýardam berer. Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň okuw kitaplaryny taýýarlamak we neşir işleri bölümi
Türkmenistanyň fransuz dili boýunça mugallymlary Nissada hünär ýokarlandyryş okuwyny geçýärler
19-njy iýuldan 1-nji awgust aralygynda Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleriniň fransuz dili mugallymlary Fransiýanyň tebigy taýdan gözel Nissa şäherinde ýerleşýän «Frankofoniýa» dil bilimi merkezinde hünär ýokarlandyryş okuwyny geçýärler. Mugallymlar üçin bu çäre Türkmenistandaky Fransuz institutynyň goldamagynda Fransiýanyň Ýewropa we daşary işler ministrliginiň «Fonds Équipe France» maksatnamasynyň çäklerinde guraldy. Mugallymçylyk hünär ýokarlandyryş okuwy ýa-da ony «Frankofoniýa» dil merkeziniň wekilleriniň atlandyryşlary ýaly, «Tomusky uniwersitet» dünýäniň onlarça ýurtlaryndan fransuz dili mugallymlaryny bir ýere jemledi. Türkmen wekiliýetiniň düzümine Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleriniň ikisinden fransuz dili mugallymlarynyň dördüsi –Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinden bir mugallym hem-de Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutyndan üç mugallym girdiler. Iki hepdäniň dowamynda çärä gatnaşyjylar daşary ýurt dili hökmünde fransuz dilini okatmagyň usulyýeti boýunça nazary okuwlary we amaly okuw maslahatlaryny utgaşdyrýan işjeň maksatnamany geçýärler. Bu okuwlar döwrebap mugallymçylyk çemeleşmelerini hem-de okatmagyň innowasion usullaryny özleşdirmäge, hünär başarnyklaryny kämilleşdirmäge we giňeltmäge mümkinçilik berýär. Şeýle hem maksatnama açyk asmanyň astynda umumy okuwlar – mazmunly medeni-bilim gezelençleri girizilip, olaryň barşynda mugallymlar täze bilimleri özleşdirýärler hem-de hünär başarnyklaryny kämilleşdirýärler, dil we medeni gurşawa doly aralaşmak arkaly Fransiýanyň milli däpleri, medeni mirasy hem-de taryhy bilen tanyşýarlar. Mundan başga-da okuwlar dürli ýurtlaryň mugallymlary bilen tejribe alyşmaga, hünär we medeniýetara gatnaşyklaryny ösdürmäge ýardam edýär. Türkmen mugallymlarynyň hünär ýokarlandyryş okuwlaryna gatnaşmaklary öňdebaryjy mugallymçylyk tejribesini almaga ajaýyp mümkinçilik berýär. Ol bolsa geljekde talyplara fransuz dili we medeniýeti barada häzirki zaman we hakyky düşünje bermäge, fransuz dilini okatmagyň hem-de Türkmenistanyň ýokary okuw mekdeplerinde geljekki hünärmenleri taýýarlamagyň hilini baýlaşdyrmaga şert döreder. Türkmen mugallymlary üçin Nissadaky hünär ýokarlandyryş okuwy ilkinji gezek 2025-nji ýylyň tomsunda guraldy, şonda Türkmenistanyň fransuz dili mugallymlarynyň dördüsi şunuň ýaly okuw geçdiler. Türkmenistanda fransuz diliniň okadylyşynyň 30 ýyllygynda üstünlikli işe girizilen taslama ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ösüşinde nobatdaky möhüm ädim boldy. Amala aşyrylýan taslama iki ýurduň ynsanperwer gatnaşyklaryny berkitmäge, Türkmenistanda fransuz diliniň okadylyşyny kämilleşdirmäge we wagyz etmäge özara ymtylýandyklaryny görkezýär. Şeýle hem ýurdumyzda medeni alyşmalara hem-de Fransiýa we dünýäniň beýleki ýurtlary bilen ylym, bilim, dostlukly we açyk dialogy hemişe ösdürmäge neneňsi ähmiýet berilýändigini ýüze çykarýar. Anastasiýa Kasýanowa
Ýokary okuw mekdepleri üçin täze okuw kitaplary neşir edildi
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň mugallymlary ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň talyplary üçin niýetlenen täze okuw kitaplarynyň awtorlary boldular. Türkmenistanyň Bilim ministrligi tarapyndan makullanan neşirler Türkmen döwlet neşirýat gullugynyň goldaw bermeginde çapa taýýarlanyp, uniwersitetiniň çaphanasynda neşir edildi. «Daşary ykdysady iş» atly täze okuw kitaby uniwersitetiň mugallymlary Röwşen Muhammedow, Kerimberdi Nurnyýazow hem-de ýokary okuw mekdebiniň mugallym-öwrenijisi Rahat Myradow tarapyndan taýýarlanyldy. Okuw kitabynyň esasy maksady daşarky ykdysady amallaryň tehnologiýasy, maksady we görnüşleri, şeýle hem olary amala aşyrmagyň usullary barada düşnükli hem-de giňişleýin maglumat bermekden ybaratdyr. Okuw kitaby girişden we 14 bapdan ybarat bolup, onda dünýä hojalygy we onuň emele gelmegine täsir edýän ýagdaýlar, häzirki zaman dünýä bazarynyň aýratynlyklary, halkara maýa hereketiniň ösüş ugurlary, Türkmenistanyň daşary ykdysady gatnaşyklary we halkara gatnaşyklary, ýurdumyzyň dünýä ykdysadyýetindäki orny, halkara ykdysady gatnaşyklarynda ulag üpjünçiligi, erkin ykdysady zolaklar we beýleki möhüm meseleler giňişleýin beýan edilýär. Neşir, ilkinji nobatda, ykdysady ugurlar boýunça bilim alýan talyplar üçin niýetlenendir. Şeýle-de ol degişli dersi okadýan mugallymlar, pudak hünärmenleri hem-de Türkmenistanyň daşary ykdysady gatnaşyklary bilen gyzyklanýan okyjylar üçin hem peýdaly gollanma bolar. Ýokary okuw mekdepleriniň talyplary üçin taýýarlanan ýene bir täze okuw kitaby «Matanyň gurluşy we bezelişi» diýlip atlandyrylýar. Onuň awtorlary S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň uly mugallymlary Aýnagül Allaberdiýewa we Arzygül Kakalyýewadyr. Okuw kitaby 10 tematik bapdan ybarat bolup, onda matalaryň gurluşy we bezegi, matalaryň görnüşleri hem-de häsiýetleri, dokma gurluşynyň aýratynlyklary, tehnologik görkezijiler, matalary timarlamagyň usullary barada giňişleýin maglumat berilýär. Şeýle hem neşirde dokma senagatynda öndürilýän matalaryň taýýarlanylyş aýratynlyklary, olaryň gurluşyna, önümçilik şertlerine we ulanylyşyna baglylykda ýüze çykýan üýtgeşmeler beýan edilýär. Täze okuw kitaby mata önümçiligi hünäri boýunça bilim alýan talyplar üçin gymmatly okuw gollanmasy bolup hyzmat eder. Şeýle hem ol ýurdumyzyň dokma senagatynda zähmet çekýän hünärmenler üçin hem peýdaly neşir bolar. Anastasiýa Kasýanowa
В вузах Туркменистана стартовали вступительные экзамены: 20 новых специальностей
Сегодня, 29 июля, в высших и средних профессиональных учебных заведениях Туркменистана начались вступительные экзамены. В этом году студентами высших учебных заведений страны станут более 18 тысяч человек, что на 1239 мест больше, чем в прошлом году. Ещё около 11 тысяч абитуриентов поступят в средние специальные учебные заведения. Экзаменационная кампания продлится до 24 августа. Новые направления и акцент на искусственный интеллект С учетом потребностей рынка труда и цифровизации экономики в вузах открыто 20 новых направлений подготовки: — Искусственный интеллект и робототехника: в Международном университете промышленников и предпринимателей открыты направления «Искусственный интеллект и экспертные системы», а также «Мехатроника и робототехника». В политехническом средне-специальном учебном заведении также появилась специальность по искусственному интеллекту и анализу данных. — Педагогика и языки: в Туркменском государственном педагогическом институте имени Сеитназара Сеиди добавлены специальности по арабскому языку, дефектологии и психологии, а в Туркменском национальном институте мировых языков имени Довлетмаммета Азади — по языку урду. — Энергетика и агропромышленный комплекс: в Аграрном университете внедрено управление водными ресурсами с помощью информационных технологий, а в Международном университете нефти и газа имени Ягшыгельди Какаева — информационная безопасность и экономика нефтегазового сектора. — Дипломатия: в Институте международных отношений Министерства иностранных дел Туркменистана открылась магистратура по направлению «Мир и нейтралитет». Важным нововведением этого года стало проведение вступительных экзаменов в формате компьютерного тестирования на государственном языке. Впервые в тестовом формате эту систему запустили в Туркменском сельскохозяйственном университете имени С.А. Ниязова и Международном университете промышленников и предпринимателей. Для обеспечения прозрачности процесс экзаменов находится под контролем специально созданной Государственной комиссии. ORIENT
ÝURDUMYZYŇ ÝOKARY WE ORTA HÜNÄR OKUW MEKDEPLERINDE GIRIŞ SYNAGLARY BAŞLANDY
Hormatly Prezidentimiz 10-njy iýulda geçirilen Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde 2026-njy ýylda ýokary we orta hünär okuw mekdeplerine okuwa kabul etmegiň meýilnamalaryny, ýokary we orta hünär okuw mekdeplerine okuwa kabul etmek boýunça döwlet toparynyň düzümini, 2026-2027-nji okuw ýylynda Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasynyň okuwlaryna kabul etmegiň meýilnamalaryny tassyklamak hakynda Buýruklara gol çekdi. Bu hoş habar hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň okuwa girmäge isleg bildirýän ähli ýaşlara uly üstünlikleri arzuw etmegi ýurdumyzyň bilim ojaklarynda hünär öwrenmegi maksat edinýän dalaşgärleriň, olaryň ata-eneleriniň, mugallymlarynyň kalbyny joşdurdy. Täze okuw ýylynda açylýan täze hünärlerdir taýýarlygyň ugurlary talyp bolmak arzuwyny kalbynda besleýän ýaşlaryň yhlasynyň ýerine düşmegine, täzeçil ösüş ýolundan öňe gitmeklerine giň mümkinçilikleri döredýär. Hormatly Prezidentimiz Hökümet mejlisinde ýokary okuw mekdeplerine zehinli, mynasyp ýaşlary kabul etmegiň, giriş synaglaryny guramaçylykly we adalatly geçirip, jemgyýetçilik gözegçiligini ýola goýmagyň möhümdigine ünsi çekdi. Döwlet Baştutanymyzyň Buýrugyna laýyklykda, 2026-njy ýylda Türkmenistanyň ýokary we orta hünär okuw mekdeplerine okuwa kabul etmek boýunça döwlet toparynyň düzümi tassyklanyldy. Bu topara 2026-njy ýylda Türkmenistanyň ýokary we orta hünär okuw mekdeplerine okuwa kabul etmäge guramaçylyk-usulyýet taýdan ýolbaşçylyk etmek we onuň bellenen tertipde geçirilmegini guramak tabşyryldy. Welaýatlaryň, Aşgabat we Arkadag şäherleriniň häkimlikleri Türkmenistanyň ýokary we orta hünär okuw mekdeplerine okuwa kabul etmek boýunça iş toparlarynyň talabalaýyk işlemegi üçin zerur şertleri döretmäge borçly edildi. Şeýle-de giňişleýin Hökümet mejlisinde 2026-njy ýylda Türkmenistanyň ýokary okuw mekdeplerine welaýatlar, Aşgabat we Arkadag şäherleri boýunça okuwa kabul etmegiň meýilnamasy, 2026-njy ýylda Türkmenistanyň orta hünär okuw mekdeplerine okuwa kabul etmegiň meýilnamasy tassyklanyldy. Türkmenistanyň ýokary we orta hünär okuw mekdeplerine okuwa kabul etmegi 2026-njy ýylyň 13-nji iýuly — 24-nji awgusty aralygynda guramak, okuwa kabul etmek boýunça giriş synaglaryny ýokary we orta hünär okuw mekdepleriniň ýerleşýän ýerinde geçirmek bellenildi. Ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerine, şeýle hem mugallymçylyk, lukmançylyk we medeniýet ugurly orta hünär okuw mekdeplerine girmäge isleg bildirýän dalaşgärlerden resminamalary kabul etmek 2026-njy ýylyň 13 – 26-njy iýuly aralygynda amala aşyryldy. Şu gün, 2026-njy ýylyň 29-njy iýulynda bolsa ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerinde, şeýle hem mugallymçylyk, lukmançylyk we medeniýet ugurly orta hünär okuw mekdeplerinde giriş synaglaryna badalga berildi. Ir säherden Döwlet senamyzyň ýaňlanmagy bilen, talyplyga dalaşgär ýaşlaryň durmuşynda tolgundyryjy pursatlar başlady. Jogapkärli möwsümiň degişli talaplaryna laýyklykda, giriş synaglarynyň ýokary guramaçylykly we adalatly geçirilmegi üçin bilim ojagynda ähli zerur şertler döredildi. Giriş synaglary tassyklanan tertibe laýyklykda, tapgyrlaýyn dowam eder. Geçen ýyl ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerine kabul edilenler 17 müňe golaýlan bolsa, şu ýylda bu görkeziji 18 müňden geçer, ýagny 1239 dalaşgär köp kabul ediler. «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 – 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynda» ýokary hünär bilimi edaralarynyň halkara reýtingine goşulmagy üçin guramaçylyk işlerini alyp barmak barada bellenen çäreleri ýerine ýetirmek maksady bilen, şeýle hem «Türkmenistanda ýokary hünär bilimini ösdürmegiň 2026 – 2052-nji ýyllar üçin Strategiýasyny» durmuşa geçirmegiň çäklerinde, ýurdumyzyň barha ösýän ykdysady kuwwatyny, dürli ugurlar boýunça hünärmenleriň zerurlygyny nazara alyp, 2026-2027-nji okuw ýylynda ýokary okuw mekdeplerinde täze hünärleriň we taýýarlygyň ugurlarynyň jemi 20-si açyldy: Hünärmen maksatnamasy boýunça jemi 10 hünär: Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetinde – nebit, gaz känleriniň maşynlary we enjamlary; metrologiýa, standartlaşdyrmak we sertifikatlaşdyrmak (nebitgaz pudagynda), S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetinde – oba hojalyk ekinleriniň genetikasy, seleksiýasy we tohumçylygy; IT-tehnologiýalary peýdalanmak bilen suw gorlarynyň dolandyrylyşy, Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynda – pedagogika bilimi (arap dili we edebiýaty, türkmen dili we edebiýaty); maglumat ulgamlary we tehnologiýalary; ekologiýa; psihologiýa; ýöriteleşdirilen bilim (defektologiýa, psihologiýa), Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika institutynda – awtomatlaşdyrylan ulgamlaryň maglumat howpsuzlygy hünärleri täze açylýar; Bakalawr maksatnamasy boýunça 4 taýýarlygyň ugry: Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynda – pedagogika bilimi (bedenterbiýe), Halkara senagatçylar we telekeçiler uniwersitetinde – emeli aň we ekspert ulgamlary; mehatronika we robot tehnikasy, Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynda pedagogika bilimi (urdu dili, türkmen dili we edebiýaty) taýýarlygyň ugurlaryna ilkinji dalaşgärler okuwa kabul ediler; Magistr maksatnamasy boýunça 6 taýýarlygyň ugry: Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetinde – kompýuter ulgamynyň programma üpjünçiligi; maglumat howpsuzlygy (nebitgaz pudagynda); nebitgaz pudagynyň ykdysadyýeti we dolandyrylyşy, S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetinde – ösümlikleri goramak we biotehnologiýa, Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynda – ýangyç-energetika toplumynyň ykdysadyýeti we dolandyrylyşy, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda parahatçylyk we bitaraplyk taýýarlygyň ugurlary açylýar. Täze hünärlerdir taýýarlygyň ugurlary açylanda hormatly Prezidentimiziň, Gahryman Arkadagymyzyň sanly ösüş, emeli aňy düýpli we netijeli öwrenmek barada beren tabşyryklaryndan, IT, blokçeýn-tehnologiýalar, emeli aň ulgamynda okuw maksatnamalaryny işläp taýýarlamak, ýaşlary, hünärmenleri bu ugurda başarnyklaryny ösdürmäge höweslendirmek barada beren maslahatlaryndan ugur alyndy. Täze okuw ýylyndan «Geljegiň hünärleriniň atlasyna» girizilen hünärler boýunça hünärmenleri taýýarlamaga-da girişildi. Türkmenistanyň ýokary okuw mekdeplerine okuwa kabul etmegiň meýilnamasy düzülende oba hojalyk pudagyny zerur bolan hünärmenler bilen üpjün etmek, şeýle hem halkara hyzmatdaşlygy pugtalandyrmagyň çäklerinde, sebit ýurtlarynyň dillerini bilýän hünärmenleri taýýarlamak, umumybilim edaralarynyň mugallymçylyk hünärmenlerine bolan zerurlyklaryny kanagatlandyrmak, milli ykdysadyýetimiziň pudaklaryny döwrebap başarnykly ykdysatçy hünärmenler bilen üpjün etmek boýunça möhüm wezipeler göz öňünde tutulyp, täzeçillikler girizildi. Olaryň hatarynda parahatçylyk we bitaraplyk taýýarlygyň ugrunyň açylmagy syýasy-diplomatik taýdan uly ähmiýetli parahatçylyk hem-de bitaraplyk ugurlary boýunça ylym-bilimi ösdürmek, halkara gatnaşyklarda ýurdumyzyň bähbitlerine mynasyp wekilçilik edip biljek ýokary bilimli diplomatik işgärleri taýýarlamak maksadyndan gözbaş alýar. Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetinde täze hünärleriň açylmagy hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzyň nebitgaz pudagyny döwrebaplaşdyrmak, şeýle hem milli standartlaşdyrmak ulgamyny kämilleşdirmek boýunça durmuşa geçirýän syýasatyna laýyklykda, bu pudaklaryň ösüşleri bilen bagly täze hünärmenlere döreýän islegler bilen baglanyşyklydyr. Şu ýyl ilkinji gezek S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetinde, Halkara senagatçylar we telekeçiler uniwersitetinde okuw dersleri boýunça giriş synaglaryny döwlet dilinde test görnüşinde geçirmek bellenildi. Ýurdumyzyň orta hünär okuw mekdeplerine bolsa ýaşlarymyzyň 11 müňe golaýyny talyplyga kabul etmek meýilleşdirildi. Orta hünär okuw mekdepleri boýunça täze hünärleriň 2-si: S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň Baýramaly agrosenagat orta hünär okuw mekdebinde kärhana enjamlaryny abatlamak we tehniki hyzmat etmek (senagat pudagynda); Türkmenistanyň Aragatnaşyk ministrliginiň Politehniki orta hünär okuw mekdebinde emeli aň we maglumatlary seljermek hünärleri täze açyldy. Döwrebap hünär bilimi geljekki hünärmenleriň kämillik ýoludyr. «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda talyp bolmagy ýüregine düwen ähli ýaşlara uly üstünlikler ýar bolsun! Ýurdumyzyň ýokary we orta hünär bilimi ulgamyna demografik görkezijilere, zähmet bazarynyň ösüşine, iş berijileriň isleglerine, ykdysadyýetiň meýilnamalaşdyrylyşyna görä meýilleşdirmegiň we dolandyrmagyň kämil gurallary ornaşdyrylýar. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň bilim edaralarynyň abraýy has-da ýokarlanyp, ýokary hünär bilimi ulgamynyň halkara derejede bäsdeşlige ukyplylygy üpjün edilýär. Ýokary we orta hünär okuw mekdepleriniň ulgamlaýyn ösüşini we dolandyrylyşyny kämilleşdirmek boýunça giň gerimli özgertmeleriň başynda duran Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza berk jan saglyk, uzak ömür, döwletli işlerinde geljekde hem uly rowaçlyklar arzuw edýäris!
Täze okuw kitaplary neşir edildi
Türkmenistanda ýurduň ugurdaş ýokary okuw mekdepleriniň talyplary üçin niýetlenen «Ýer gurluşygynda statistika» atly täze okuw kitaby neşir edildi. Okuw kitabynyň awtorlary S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň mugallymlary Maral Nazarowa, Maýa Myradowa we Şöhrat Wekilowdyr. Täze neşir Türkmenistanyň Bilim ministrligi tarapyndan hödürlenilip, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň «Ylym» neşirýaty tarapyndan çapa taýýarlanyldy hem-de S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň çaphanasynda neşir edildi. Okuw kitaby giriş bölüminden we «Statistika ylmynyň predmeti we usullary», «Ýer we onuň peýdalanylyşynyň statistikasy», «Ekin meýdanlarynyň statistikasy», «Hasylyň we hasyllygyň statistikasy», «Maldarçylygyň statistikasy», «Oba hojalyk önümlerini ýerlemegiň we sarp etmegiň statistikasy» ýaly 10 sany tematik bölümden ybaratdyr. Kitabyň awtorlary okuw dersiniň mazmunyny giňişleýin beýan edýärler. Neşirde oba hojalyk maglumatlarynyň esasynda ýer gurluşygynda bolup geçýän hadysalaryň ykdysady-statistik seljermesi jikme-jik açylyp görkezilýär. Şeýle hem statistika ylmynyň umumy ýörelgeleri, usullary we nazary esaslary giňişleýin düşündirilýär. Okuw kitaby Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleriniň okuw maksatnamalaryna, şeýle hem statistika ulgamyna bildirilýän häzirki zaman talaplaryna laýyklykda taýýarlanyldy. Täze neşir oba hojalyk hünärleri boýunça bilim alýan talyplar, agrar ýokary okuw mekdepleriniň mugallymlary, şeýle-de ýurdumyzyň agro-senagat toplumynda zähmet çekýän hünärmenler üçin gymmatly gollanma bolar. Ozal S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň mugallymlarynyň ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleri üçin niýetlenen üç sany täze okuw kitabynyň awtorlary bolandyklary barada habar berlipdi. Anastasiýa Kasýanowa
ÝOKARY OKUW MEKDEPLERI ÜÇIN «SUNGATY ÖWRENIŞ» OKUW KITABY NEŞIR EDILDI
Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň we türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň taýsyz tagallalary, hemişelik aladalary bilen ýurdumyzyň ähli pudaklarynda işleri ylma esaslanyp, dünýä ölçeglerine laýyklykda alyp barmaklyga uly üns berilýär. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda ýurdumyzyň bilim ulgamyndaky özgertmeler bularyň aýdyň subutnamasydyr. Ýaňy-ýakynda ýokary okuw mekdepleri üçin «Sungaty öwreniş» okuw kitaby (awtorlary: A.Baýlyýewa, A.Kadyrowa – A.: Türkmen döwlet neşirýat gullugy, 2026) neşir edildi. Sungaty öwreniş ylmy nazary seljermeleriň we döredijilik geriminiň (artefaktlaryň) giňligi hem-de dürli görnüşliligi bilen tapawutlanýar. Ol hünärmenleriň çuňňur nazary taýýarlygyny, sungatyň taryhy we nazaryýeti boýunça bilimleri özleşdirmeklerini, takyk derse laýyklykda özbaşdak ylmy barlaglary geçirmek endiklerini artdyrmaklaryny talap edýär. «Sungaty öwreniş» okuw kitabynyň baş maksady hünärmenlerde çeperçilik eserleriniň wezipesi dogrusynda bitewi garaýşy kemala getirmekdir. Munuň esasynda: şekillendiriş sungatynyň wezipesiniň dürli taraplary bilen tanyşdyrmak; çeperçilik eserlerini öwrenmekde toplumlaýyn çemeleşmäniň derwaýyslygy barada düşünje bermek; alan bilimi esasynda sungaty öwreniş seljermesini peýdalanmagy öwretmek; umumy ylmy garaýyşlardan sungatyň takyk görnüşleriniň meselelerini ýüze çykarmak ýaly wezipeleler öňde goýulýar. Okuw kitaby girişden, «Sungatyň nazaryýeti», «Şekillendiriş sungatynyň görnüşleri we žanrlary», «Şekillendiriş sungatynyň täsirli çeper serişdeleri», «Sungat we jemgyýet» atly jemi 4 sany bölümden we peýdalanylan edebiýatlaryň sanawyndan ybarat. Her bir bölümde adalgalar meselesine, ol ýa-da beýleki bir nazary garaýyşlaryň peýdalanylyşynyň däplerine, ony köptaraplaýyn ulanmak mümkinçiliklerine aýratyn üns berilýär. Netijede, okuw kitaby hünärmenleriň sungaty öwrenişiň mazmunyny we esasy tapgyrlarynyň kemala gelşini, çeper eseriň hem-de onuň düzüm bölekleriniň peýdalanylyş düzgünlerini, sungatyň ösüşiniň nazary kanunalaýyklyklaryny bilmeklerine ýardam berer. Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň Okuw kitaplaryny taýýarlamak we neşir işleri bölümi
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň taryhy ähmiýeti barada syýasy tegelek stol gepleşigi
2026-njy ýylyň 23-nji iýulynda Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetinde Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň taryhy ähmiýeti, Garaşsyzlyk ýyllary içinde ýurdumyzda ýetilen sepgitler hem-de ata Watanymyzyň ýangyç-energetika pudagynda gazanylan üstünlikleri wagyz etmek maksady bilen syýasy gepleşik ýazgy edildi. Gepleşige Türkmenistanyň Mejlisiniň we köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri, nebit-gaz toplumynyň hünärmeni hem-de Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň mugallymy gatnaşdylar. Gatnaşyjylar öz çykyşlarynda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň ýurdumyzyň jemgyýetçilik-syýasy durmuşynda iň ýokary wekilçilikli edara bolmak bilen, döwlet derejesindäki binýatlayjy kararlaryň kabul edilýän mekanydygyny, ýangyç-energetika toplumynyň bolsa Türkmenistanyň ykdysadyýetiniň «altyn sütüni» bolup durýandygyny belläp geçdiler. Bilşimiz ýaly, «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany» ýyly diýlip yglan edilen 2026-njy ýylda hem her ýylda däp bolşy ýaly, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisi mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllyk toýunyň öňisyrasynda, has takygy 23-nji sentýabrynda geçirilmegi meýilleşdirilýär. Ähli halk bu şanly dabarany, ählumumy mejlisi ýokary guramaçylykly geçirmek boýunça taýýarlyk işlerine agzybirlikde işjeň gatnaşýarlar. Türkmenistanyň Halk Maslahatynda kabul edilýän kararlar ýangyç-energetika pudagynyň diňe bir ykdysady binýadyny berkitmän, eýsem ýurdumyzyň halkara giňişligindäki abraýyny, energetika durnuklylygyny hem-de milli eýeçiligi täze belentliklere göterýär. Pudaga dünýä derejesindäki innowasiýalaryň girizilmegi we milli bähbitlere esaslanýan energetika syýasaty geljekki nesiller üçin uly binýat döredýär. Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersiteti
Galmyk döwlet uniwersitetinde geçirilen Olimpiadanyň netijeleri yglan edildi
Russiýa Federasiýasynyň B.B.Gorodowikow adyndaky Galmyk döwlet uniwersiteti tarapyndan “Rus dili we ülkäni öwreniş” dersinden onlaýn görnüşinde halkara olimpiada geçirildi. Olimpiada Hytaý Halk Respublikasynyň, Mongoliýanyň, Wýetnamyň, Taýland Patyşalygynyň, Türkiýe Respublikasynyň, Eýran Yslam Respublikasynyň, Yragyň, Siriýanyň, Gazagystanyň, Afrikanyň ýokary okuw mekdeplerinden we Türkmenistan boýunça “Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersiteti bilen B.B.Gorodowikow adyndaky Galmyk döwlet uniwersitetiniň arasynda özara hyzmatdaşlyk etmek hakynda Ähtnamanyň” çäklerinde Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinden, jemi 200-den gowrak talyp ýaşlar gatnaşdylar. Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň rus dili we edebiýaty kafedrasynyň mugallymy Jennet Şamyýewanyň ýolbaşçylygynda Olimpiada gatnaşan rus dili we edebiýaty hünäriniň 5-nji ýyl talyby Oguldursun Akmuhammedowa ýeňiji diýlip yglan edildi, rus dili we edebiýaty hem-de taryh hünärleriniň beýleki talyplary baýrakly II orna mynasyp boldular. Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersiteti
Täze sepgitleri nazarlap
Hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda ýurdumyzyň bilim ulgamyny dünýäniň ösen döwletleriniň derejesine ýetirmäge gönükdirilen özgertmeler üstünlikli durmuşa geçirilýär. Berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe bilim ulgamynda durmuşa geçirilýän düýpli özgertmeler milli we oňyn dünýä tejribesini özünde jemlemek bilen mekdebe çenli çagalar edaralaryndan başlap, bilim edaralarynyň ähli basgançaklarynda bilim berlişiniň derejesini düýpli ýokarlandyrmaga ýardam edýär. Döwlet syýasatynyň ileri tutulýan möhüm ugurlarynyň biri hökmünde ýurdumyzyň geljegi bolan ýaş nesliň irki ýaşdan başlap beden taýdan sagdyn, ruhy taýdan kämil ösüp kemala gelmegi, döwrebap bilim we terbiýe almagy üçin ähli şertler döredilýär. Türkmenistanyň hormatly Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň:« Ýaş nesillerimiziň bilimleriň we ylymlaryň esaslaryny, akyl we fiziki zähmet endiklerini özleşdirmekleri, olarda ýokary ahlak sypatlaryny, sagdyn durmuş ýörelgelerini terbiýelemek üçin mugallymlarymyz hemişe döredijilik gözleginde bolmalydyr» diýen sözlerinden ugur alyp, 2026-njy ýylyň iýul aýynyň 23-i 24-i Aşgabat şäherindäki 127-nji ýöriteleşdirilen çagalar bagynda Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkezi bilen ylalaşylyp, Türkmenistanyň Bilim ministrligi tarapyndan her okuw ýylynda yglan edilýän we geçirilýän «Körpe nesliň saglygy – ýurdumyzyň baýlygy», «Bereketli türkmen saçagy» atly bäsleşikleriň jemleýji döwlet derejesindäki tapgyry geçirildi. Mekdebe çenli çagalar edaralarynyň şepagat uýalarynyň (doganlarynyň) gatnaşmaklarynda geçirilýän “Körpe nesliň saglygy – ýurdumyzyň baýlygy” we aşpezleriň arasynda geçirilýän «Bereketli türkmen saçagy» atly bäsleşikler “Saglyk” döwlet maksatnamasyndan gelip çykýan wezipeleri durmuşa ornaşdyrmakda, çagalaryň jan-saglygyny goramakda, bedenini berkitmekde, arassaçylyk kadalarynyň talaplaryny doly berjaý etmekde, çagalaryň ýeke-täk talaplara laýyklykda iýmitlemeklerini üpjün etmekde tapawutlanyp, yhlasly işleýän şepagat uýalaryny we aşpezleri höweslendirmek we olaryň göreldeli çekýän zähmetini ýüze çykarmak hem öňdebaryjy iş tejribelerini ýaýratmak maksady bilen geçirilýär. Bäsleşigiň jemleýji döwlet tapgyryna deslapky tapgyrlarda ýeňiji bolan şepagat uýalary we aşpezler gatnaşdylar. Bäsleşik iki tapgyrda geçirilip, onuň birinji tapgyrynyň dowamynda gatnaşyjylar wideosidi ýazgynyň üsti bilen alyp barýan işleri barada gürrüň berdiler, syýasy we hünär taýýarlygyna degişli soraglara jogap berdiler. Bäsleşigiň ikinji tapgyrynda bolsa şepagat uýalary bir günlik tagamnamany düzdiler, aşpezler bolsa şol tagamnama esasynda çagalara naharlar , içgiler we işdäaçar taýýarladylar. Mekdebe çenli çagalar edaralarynyň şepagat uýalarynyň gatnaşmaklarynda geçirilen “Körpe nesliň saglygy – ýurdumyzyň baýlygy” bäsleşiginiň jemleýji tapgyrynda baş baýraga Aşgabat şäheriniň 142-nji çagalar bakja-bagynyň şepagat uýasy Sapargül Amannepesowa, aşpezleriň arasynda geçirilen «Bereketli türkmen saçagy» atly bäsleşiginiň jemleýji tapgyrynda baş baýraga Lebap welaýatynyň Farap etrabynyň 15-nji çagalar bakja-bagynyň aşpezi Sahabat Nabijanowa mynasyp boldular. Bäsleşikleriň ýeňijileri we bäsleşige işjeň gatnaşan şepagat uýalary we aşpezleri Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň hormat hatlary hem-de Türkmenistanyň Bilim işgärleriniň Kärdeşler arkalaşygynyň Milli merkeziniň gymmat bahaly sowgatlary bilen sylaglandy. Pursatdan peýdalanyp, bilim ulgamyny ösdürmäge, kämilleşdirmäge giň mümkinçilikleri döredip berýän, biziň gelejegimiz bolan ýaş nesliň hemmetaraplaýyn kämil şahsyýetler bolup ýetişmekleri ugrunda gije-gündiz alada edýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza çaksiz sagbolsun aýdarys. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň hem-de Mähriban Arkadagymyzyň janlary sag, ömürleri uzak, belent başlary aman bolsun, il bähbitli, ýurt ähmiýetli alyp barýan tutumly işleri rowaçlyklara beslensin! Maral Pirliýewa Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň Mekdebe çenli bilim bölüminiň başlygynyň w.w.ý.ý.
DÖWLET GARAŞSYZLYGYMYZYŇ ŞANLY 35 ÝYLLYGYNA BAGYŞLANAN YLMY-USULY MAKALALARYŇ ÝYGYNDYSY ÇAPDAN ÇYKARYLDY
Ýakynda Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň «Ylym» neşirýaty tarapyndan «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe umumybilim maksatnamalary boýunça tebigy ugurly dersleri okatmagyň usulyýetiniň derwaýys wezipeleri we olary çözmegiň ýollary. Ýlmy-usuly makalalar ýygyndysy» atly uly göwrümli kitap çapdan çykaryldy. Türkmenistanyň döwlet Garaşsyzlygynyň şanly 35 ýyllygyna bagyşlanyp çap edilen bu ýygyndyda «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myratdyň mekany» şygary astynda geçirilýän 2026-njy ýylyň 24-25-nji martynda Türkmenistanyň Bilim ministrligi, Türkmenistanyň Milli bilim instituty, Lebap welaýat Baş bilim müdirligi tarapyndan Türkmenabat şäherinde geçirilen «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe umumybilim maksatnamalary boýunça tebigy ugurly dersleri okatmagyň usulyýetiniň derwaýys wezipeleri we olary çözmegiň ýollary» atly usuly-amaly maslahata gatnaşan usulyýetçi alymlaryň, mugallymçylyk ugurly ýokary we orta hünär mekdepleriniň, hem-de umumybilim berýän orta mekdepleriň öňdebaryjy, täzelikçi mugallymlarynyň hödürlän ylmy-usuly, usuly-amaly makalalary ýerleşdirildi. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe milli bilim ulgamyny toplumlaýyn ösdürmek, ony hil we mazmun taýdan täze derejä çykarmak döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Häzirki döwürde Gahryman Arkadagymyzyň döwletli başlangyçlaryny üstünlikli dowam etdirýän Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda milli bilim ulgamyny döwrebaplaşdyrmakda giň gerimli işler alnyp barylýar. «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 – 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynda» kesgitlenen düýpli wezipelerden ugur alyp, milli bilim ulgamy yzygiderli döwrebaplaşdyrylýar, mekdebe çenli, orta, başlangyç hünär, orta hünär, ýokary hünär bilimi edaralaryndaky okuwlaryň ýokary hili üpjün edilýär. Milli bilim ulgamyny döwrebaplaşdyrmagyň çäginde bu ulgamyň maddy-enjamlaýyn binýadyny berkitmäge uly üns berilýär. Döwlet we Milli maksatnamalara laýyklykda, bu maksatlar üçin goýulýan maýa goýumlaryň möçberi her ýyl artdyrylyp, ýurdumyzyň çar künjünde bilim maksatly binalaryň gurluşygy üstünlikli amala aşyrylýar. Olar döwrebap tehnologiýalar, okuw-tehniki enjamlar bilen yzygiderli üpjün edilýär. Munuň özi okuw sapaklaryny innowasion usullardan peýdalanyp guramaga doly mümkinçilik berýär. Netijede, ösüp gelýän ýaş nesle berilýän bilimiň hili has-da ýokarlanýar. Okatmagyň täzeçe, ýokary netijeli usullaryny we maglumat tehnologiýalaryny özleşdirýän mugallymlaryň hünär derejesi ýokarlandyrylýar, şeýle hem daşary ýurtlaryň bilim edaralary bilen gatnaşyklar ösdürilýär. Bularyň hemmesi ýaşlarymyzyň döwlet we halkara derejelerde geçirilýän zehin bäsleşiklerinde baýrakly orunlara mynasyp bolmagyna giň ýol açýar. Belli bolşy ýaly, Türkmenistanyň Prezidentiniň 2020-nji ýylyň 4-nji dekabrynda çykaran Karary bilen «Türkmenistanda tebigy we takyk ylmy ugurlara degişli dersleri okatmagy kämilleşdirmegiň Konsepsiýasy» tassyklandy. Bu Konsepsiýanyň esasy maksady sanly ulgamyň mümkinçiliklerinden peýdalanyp, tebigy we takyk ylmy ugurly dersleri okatmagyň mazmunyny baýlaşdyrmak we usulyýetini döwrebaplaşdyrmak arkaly bilim we terbiýe bermegiň hilini has-da ýokarlandyrmakdan we halkara ülňülere laýyk getirmekden ybarat bolup durýar. Türkmenistanyň Prezidentiniň 2024-nji ýylyň 25-nji maýynda gol çeken Karary bilen tassyklanan «Türkmenistanda umumybilim maksatnamalary boýunça okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmegiň 2028-nji ýyla çenli Konsepsiýasy» hem-de «Türkmenistanda umumybilim maksatnamalary boýunça okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmegiň 2028-nji ýyla çenli Konsepsiýasyny amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň Meýilnamasy» milli bilim ulgamyny döwrebaplaşdyrmagy täze hil derejesine çykarýan möhüm resminamalardyr. Täze bilim Konsepsiýasynda halkara bilim maksatnamalarynyň görkezijilerini milli bilim ulgamyna ornaşdyrmak boýunça işleri alyp barmakda, olaryň esasynda yzygiderli seljermeleri geçirmekde anyk maksatlar hem-de wezipeler kesgitlenendir. «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe umumybilim maksatnamalary boýunça tebigy ugurly dersleri okatmagyň usulyýetiniň derwaýys wezipeleri we olary çözmegiň ýollary» atly usuly-amaly maslahata gatnaşan usulyýetçi alymlaryň, mugallymçylyk ugurly ýokary okuw hem-de umumybilim berýän orta mekdepleriň öňdebaryjy, täzelikçi mugallymlarynyň hödürlän ylmy-usuly, usuly-amaly makalalary ýygyndyda aşakdaky bölümler boýunça ýerleşdirildi: I bölüm. «Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň nusgalyk kitaplarynyň ösüp gelýän ýaş nesle tebigy ylymlar ugruna degişli okuw dersleri boýunça ýokary hilli bilim we mynasyp edep-terbiýe bermekdäki omy we ähmiýeti». II bölüm. «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe biologiýa dersini okatmagyň usulyýetiniň derwaýys wezipeleri we olary çözmegiň ýollary». III bölüm. «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe himiýa dersini okatmagyň usulyýetiniň derwaýys wezipeleri we olary çözmegiň ýollary». IV bölüm. «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe tebigaty öwreniş, ekologiýa, geografiýa derslerini okatmagyň usulyýetiniň derwaýys wezipeleri we olary çözmegiň ýollary». Bu ýygyndyda ýerleşdirilen makalalarda «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022–2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynda», «Türkmenistanda tebigy we takyk ylmy ugurlara degişli dersleri okatmagy kämilleşdirmegiň Konsepsiýasynda», «Türkmenistanda umumybilim maksatnamalary boýunça okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmegiň 2028-nji ýyla çenli Konsepsiýasynda» kesgitlenen maksatlardan we wezipelerden gelip çykýan derwaýys wezipeleri çözmek we olaryň çözülişiniň ýollary boýunça alnyp barylýan ylmy-usuly we usuly-amaly, okuw-terbiýeçilik işleri, bu möhüm ugurda toplanylan mugallymçylyk tejribeleri dogrusynda gymmatly maglumatlar, usuly maslahatlar beýan edilen. Türkmenistanyň hormatly Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň gymmatly tabşyryklaryna laýyklykda, ösüp gelýän nesle bilim bermek we terbiýelemek bilen bir hatarda, okuwçylaryň we talyplaryň arasynda has zehinli ýaşlary ýüze çykarmak, olary döwlet we halkara derejelerinde geçirilýän zehin bäsleşiklerine taýýarlamagyň wajyp meseleleri, olary çözmegiň ýokary netijeli ýollary baradaky maglumatlar hem bu ýygyndyda ýerleşdirilen makalalarda öz aýdyň beýanyny tapýar. Häzirki zaman bilim ulgamynda pedagogika ylmy tarapyndan işlenip taýýarlanylan okatmagyň innowasion usullaryny, häzirki döwrüň bilim maksatnamalaryny hem-de okuw materiallaryny peýdalanmagyň möhümdigi, şunda daşary ýurtlaryň abraýly ylym-bilim merkezleriniň öňdebaryjy tejribesini öwrenmek, olar bilen hyzmatdaşlygy giňeltmek babatynda durmuşa geçirilýän giň gerimli işler, bu möhüm ugurda milli bilim ulgamynda toplanylan baý mugallymçylyk tejribesi baradaky gymmatly maglumatlar hem ady agzalan makalalar ýygyndyda ýerleşdirilen. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň «Ýaşlar – Watanyň daýanjy» atly kitabynda: «Terbiýe we tejribe – ynsan ykbalynyň goşa ganaty. Alan terbiýämiz ykbalymyza, alnymyza täsir edýär. Amal edýän her işimiz tejribämize öwrülýär. Tejribe bolsa diňe özüň gazanylýan, ýöne il-gün bilen paýlaşylýan hazynadyr» diýip, örän jaýdar belleýär. Bu pähimli sözler häzirki we geljekki mugallymlar üçin baş ýörelgedir. Şu gymmatly ýörelgeden ugur alyp, ylmy-usuly makalalar ýygyndysynda tebigy ylmy ugra degişli dersleri okatmagyň mysalynda gündelik alnyp barylýan okuw-terbiýeçilik işlerinde nesil terbiýesiniň derwaýys meseleleri, olary çözmek boýunça milli bilim ulgamynda toplanylan baý mugallymçylyk iş tejribeler baradaky maglumatlar, usuly maslahatlar hem öz beýanyny tapypdyr. Pedagogik işgärleriň hünär derejesini ýokarlandyrmak, mugallymçylyk ussatlygyny kämilleşdirmek, aýratyn hem bilim ulgamyna sanly serişdeleriň giň gerim bilen ornaşdyrylýan şertlerinde mugallymlaryň sanly başarnyklaryny ösdürmegiň netijeli usullary, bu möhüm ugurda ýurdumyzda durmuşa geçirilýän işler (bilim platformalarynyň, elektron kitaphanalaryň, döwlet we halkara derejelerinde geçirilýän zehin bäsleşiklerine (olimpiadalara) taýýarlyk görmäge degişli maslahatlaryň, sanly okuw kitaplarynyň we ş.m. döredilişi, olary peýdalanmagyň usullary) baradaky zerur usuly maslahatlar hem täze çapdan çykan ylmy-usuly makalalar ýygyndysynda beýan edilen. Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow halkymyza peşgeş beren «Hakyda göwheri» atly nusgalyk kitabynda şeýle ýazýar: «Men hemişe öwrenýän, bilmäge jandan höwesek adamlara sarpa goýýaryn. Özümem hemişe öwrenmegi, dyngysyz okamagy berk durmuş ýörelgesi hökmünde öňden ykrar etdim. Öwrenmek, bilmek durmuşyň bütin dowamynda saňa örän gerek. Sen näçe okumyş, erjel hem bolsaň, her bir ugruň hem öz tapylgysyz ussatlarynyň bardygyny unutma! Olara hut şonuň üçin hem sarpa goýmagy başar. Sebäbi her bir işde ussatlyga ýetmek, uçursyz uly zehiniň we yhlasyň, ukybyň miwesidir» diýip ýazýar. Gahryman Arkadagymyzyň bu pähimli sözlerini we gymmatly sargytlaryny durmuşda özüne ýol-ýörelge edinen her bir bilim işgäri, kalby hyjuwdan doly buýsançly ýaşlar söhbeti edilýän ylmy-usuly makalalar ýygyndysyndan köp sanly gymmatly usuly maslahatlary tapyp bilerler. Eziz Watanymyzyň mukaddes döwlet Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly toýuna bagyşlanyp neşir edilen «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe umumybilim maksatnamalary boýunça tebigy ugurly dersleri okatmagyň usulyýetiniň derwaýys wezipeleri we olary çözmegiň ýollary. Ylmy-usuly makalalar ýygyndysy» atly bu kitap bilim ulgamynda zähmet çekýän usulyýetçi alymlar, pedagoglar, hünärmenler, mugallymçylyk ugurly ýokary we orta hünär okuw mekdepleriniň talyplary, magistrler, aspirantlar üçin niýetlenen. Mundan başga-da, bu ýygyndy tebigy ylmy ugra degişli okuw derslerini okatmagyň dürli meseleleri bilen gyzyklanýanlar üçin hem peýdaly bolup biler. Sapargeldi DURDYÝEW, Türkmenistanyň Milli bilim institutynyň Bilim Işgärleriniň hünärini kämilleşdiriş bölüminiň müdiri, biologiýa ylymlarynyň doktory, dosent.
Студент из Туркменистана прошел обучение в Летней школе журналистики ОБСЕ–2026
Студент 1-го курса факультета международной журналистики Института международных отношений МИД Туркменистана Юсуп Оразов принял участие в Летней школе журналистики ОБСЕ–2026. Образовательный интенсив проходил с 28 июня по 12 июля в Таджикистане. Проект организован Программным офисом ОБСЕ в Душанбе при поддержке Представительства ЕС в Таджикистане для молодых специалистов и будущих журналистов стран Центральной Азии. Для участия в программе были отобраны всего 20 студентов из ведущих вузов региона. Программа обучения была сосредоточена на стандартах профессиональной этики, развитии медиаграмотности и методах борьбы с дезинформацией. В рамках практической части участники посетили государственный телеканал Safina, где ознакомились с работой студий, спецификой прямого эфира и процессом создания новостных выпусков. По итогам прохождения курса Юсупу Оразову вручен официальный международный сертификат. Проект стал площадкой для обмена опытом и установления профессиональных связей среди молодых медиаспециалистов Центральной Азии. ORIENT
Мост Ашхабад – Кент – Флоренция: студенты МУГНиР завершают академическую стажировку в Италии
В одном из крупнейших центров мировой культуры и науки — итальянской Флоренции — подходит к завершению второй этап летней учебно-практической программы Международного университета гуманитарных наук и развития (МУГНиР). Инновационный образовательный проект реализован в рамках Меморандума о взаимопонимании между МУГНиР и ведущим Кентским государственным университетом (Kent State University, США). Эта стажировка стала одним из ключевых событий академического сезона, объединив интенсивные научные исследования с прикладной практикой на международных площадках. Второй этап программы был выстроен на пересечении высокой учебной нагрузки и погружения в уникальную историко-культурную среду региона. Будущие дипломаты, экономисты и гуманитарии не только прошли курс профильных дисциплин под руководством международных лекторов, но и отработали навыки исследовательского анализа в живом диалоге с зарубежными коллегами. Как отметили организаторы, студенты МУГНиР продемонстрировали высокий уровень академической базы, целеустремленность и свободное владение иностранными языками, что подтвердило конкурентоспособность туркменской высшей школы на мировом уровне. Приобретенный методический багаж, опыт работы в интернациональных командах и сформированные профессиональные контакты станут для молодых ученых надежным фундаментом при подготовке их дипломных и научно-исследовательских работ в Ашхабаде.
Türkmenistan Ankarada adam maýasyny strategik meýilnamalaşdyrmak we durnukly ösüş boýunça çemeleşmelerini hödürledi
Türkmenistan 2026-njy ýylyň 22–24-nji iýulynda Ankara şäherinde geçirilen BMGÖM-niň Ösüş strategiýasy we maliýeleşdiriş platformasynyň çäklerindäki syýasaty işläp taýýarlamak boýunça sebit maslahatynda adam maýasynyň ösdürilmegine we onuň ykdysady özgertmelerdäki ornuna bolan garaýyşlaryny hödürledi. Çäre döwlet edaralarynyň wekillerini, BMGÖM-niň ýolbaşçylaryny, Ýewropa we Merkezi Aziýa ýurtlarynyň bilermenlerini strategik meýilnamalaşdyrmak, ösüşi maliýeleşdirmek, maglumatlary netijeli peýdalanmak we döwlet syýasatynyň durmuşa geçirilişini kämilleşdirmek boýunça tejribe alyşmak üçin bir ýere jemledi. Türkmenistanyň hödürlän çemeleşmesiniň merkezinde adam maýasy ykdysady ösüşiň esasy hereketlendiriji güýçleriniň biri hökmünde çykyş edýär. Bilime goýulýan maýa goýumlary adam maýasynyň hilini ölçemek mümkin bolanda we hünärmenleri taýýarlamak ykdysadyýetiň häzirki hem-de geljekki zerurlyklary bilen gönüden-göni baglanyşdyrylanda has ýokary ykdysady netijeliligi üpjün edýär. Soňky ýyllarda Türkmenistanda ýokary bilime elýeterlilik giňeldildi, bilim standartlary we maksatnamalary täzelendi, ýokary okuw mekdepleriniň işiniň netijelerini yzygiderli seljermäge mümkinçilik berýän sanly baha beriş we reýting ulgamy ornaşdyryldy. Bu tejribe möhüm ýörelgäni görkezýär: netijeler ölçenilýän we aýdyň bolanda, maglumatlar hili ýokarlandyrmagyň we dolandyryşy kämilleşdirmegiň amaly guralyna öwrülýär. Indiki ädim bu çemeleşmäni zähmet bazary we ykdysady ösüş bilen gönüden-göni baglanyşdyrmakdan ybaratdyr. Türkmenistan BMGÖM bilen bilelikde bilimiň we başarnyklaryň hilini, demografik meýilleri hem-de geljekde taýýarlanjak hünärmenleriň sanyny zähmet bazarynyň islegi, öndürijilik we ykdysady ösüşiň geljegi bilen utgaşdyrýan adam maýasyny strategik meýilnamalaşdyrmak çemeleşmesini ösdürýär. Şeýle hem Türkmenistanyň işläp taýýarlan demografik-ykdysady modeli we ssenariý prognozlaşdyrmak üçin programma üpjünçiligi hödürlenildi. Olar bilim, iş üpjünçiligi, başarnyklary ösdürmek we öndürijilik boýunça dürli çözgütleriň zähmet serişdelerine hem-de ykdysady ösüşe ýetirip biljek täsirini bahalandyrmaga mümkinçilik berýär. Esasy maksat üznüksiz ulgamy döretmekdir: adam maýasyna baha bermek → ykdysadyýetiň geljekki zerurlyklaryny çaklamak → bilim we hünär taýýarlygyny uýgunlaşdyrmak → iş üpjünçiliginiň we öndürijiligiň netijelerini seljermek → döwlet syýasatyny degişli derejede kämilleşdirmek. Türkmenistanyň demografik mümkinçiliklerini nazara almak bilen, esasy wezipe adam mümkinçiliklerini ýokary öndürijilige, innowasiýalara, tehnologik ösüşe we ýokary goşulan gymmaty döredýän ykdysady işjeňlige öwürmekden ybaratdyr. Adam maýasy diňe şu günki ykdysadyýetiň zerurlyklaryna jogap bermän, eýsem geljegiň ykdysadyýetini kemala getirýän esasy güýçleriň birine öwrülmelidir. Türkmenistanyň Bilim ministrligi
Türkmenistanyň mekdep okuwçylary Şanhaýda geçirilen halkara dostluk lagerinde ýurdumyzyň baý medeni mirasyny üstünlikli tanyşdyrdylar
Şu ýylyň 12–22-nji iýuly aralygynda Hytaý Halk Respublikasynyň Şanhaý şäherinde geçirilen 20-nji Şanhaý halkara ýaşlar interaktiw dostluk lagerine (20th Shanghai International Youth Interactive Friendship Camp) Türkmenistanyň wekiliýetiniň düzümindäki mekdep okuwçylary üstünlikli gatnaşdylar. Dünýäniň 17 döwletinden 107 sany mekdep okuwçysyny bir ýere jemlän bu halkara çäre ýaşlaryň arasynda dostluk gatnaşyklaryny pugtalandyrmaga, medeni alyşmalary giňeltmäge we halklaryň özara düşünişmegini ösdürmäge gönükdirildi. Lageriň maksatnamasynyň çäklerinde geçirilen “Mini-Expo” medeniýet sergisinde türkmen okuwçylary ýurdumyzyň baý milli-medeni mirasyny mynasyp derejede tanyşdyrdylar. Türkmenistanyň milli diwarlygynda gadymy taryhy-medeni gymmatlyklar, milli däp-dessurlar, milli lybaslar, dünýä meşhur türkmen halylary we beýleki milli gymmatlyklar görkezildi. Bu sergi daşary ýurtly gatnaşyjylarda uly gyzyklanma döretdi. On günlük lageriň dowamynda türkmen okuwçylary Şanhaý şäheriniň taryhy we döwrebap künjeklerine baryp gördüler, adaty hytaý lukmançylygynyň esaslary boýunça amaly sapaklara hem-de Suçžou şäherinde ýüpek ýelpawaçlaryny taýýarlamak boýunça ussatlyk sapaklaryna gatnaşdylar. Halkara lager ýaşlaryň bilim, medeniýet we döredijilik ugurlarynda tejribe alyşmagyna, dürli halklaryň medeniýetlerine hormat goýmak duýgusyny berkitmäge we täze dostluk gatnaşyklaryny ýola goýmaga giň mümkinçilik döretdi. Türkmenistanyň ýaş wekilleriniň bu abraýly halkara çärä gatnaşmagy ýurdumyzyň ýaşlar syýasatynyň üstünlikli durmuşa geçirilýändigini hem-de türkmen ýaşlarynyň halkara giňişligindäki işjeň ornunyň barha pugtalandyrylýandygyny görkezýär. Şeýle hem bu çäre Türkmenistan bilen Hytaý Halk Respublikasynyň arasynda bilim, medeniýet we ýaşlar syýasaty ulgamlarynda strategik hyzmatdaşlygyň yzygiderli ösdürilýändiginiň hem-de iki dostlukly ýurduň arasyndaky gatnaşyklary has-da pugtalandyrmaga hyzmat edýändiginiň aýdyň beýany boldy. Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ýaşlaryň halkara hyzmatdaşlyga işjeň gatnaşmagy üçin döredilýän giň mümkinçilikleriň netijesinde türkmen okuwçylary dünýäniň dürli ýurtlarynda geçirilýän halkara çärelere mynasyp gatnaşyp, ýurdumyzyň abraýynyň has-da belende galmagyna goşant goşýarlar.
Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň talyplarynyň Florensiýa şäherinde guralýan tomusky tejribe-okuw saparynyň ikinji tapgyry dowam edýär
Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda häzirki wagtda Türkmenistanyň bilim ulgamyny ösdürmek, kämil hünärmenleri taýýarlamak maksady bilen halkara hyzmatdaşlygy giňeltmek, ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleri bilen daşary ýurt döwletleriniň bilim edaralarynyň hyzmatdaşlygyny ýola goýmak ugrunda uly işler alnyp barylýar. Bu babatda aýdanlarymyzy bolsa ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň daşary ýurtlaryň ýokary okuw mekdepleri bilen halkara hyzmatdaşlygy netijesinde gazanýan oňyn netijeleri aýdyňlygy bilen subut edýär. Ýaňy ýakynda “Türkmenistanda ýokary hünär bilimini ösdürmegiň 2026-2052-nji ýyllar üçin Strategiýasynda” bilim ulgamyny kämil derejede ösdürmek, ýokary bilimli hünärmenleri taýýarlamak ugrunda kesgitlenen wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmek, ýokary hünär bilimine degişli öňdebaryjy usullary we özara hyzmatdaşlygy ösdürmek maksady bilen, Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň talyplary hem Italiýa Respublikasynyň Florensiýa şäherine ugradyldy. Bu tomusky tejribe-okuw sapary Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Kent döwlet uniwersitetiniň Italiýanyň Florensiýa şäherindäki şahamçasy tarapyndan gelen çakylyk haty esasynda guraldy. Häzirki wagtda bu tejribe-okuw saparynyň ikinji tapgyry dowam edýär. Mälim bolşy ýaly, Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersiteti bilen Kent döwlet uniwersitetiniň arasynda özara düşünişmek hakyndaky Ähtnama ABŞ-nyň Ogaýo ştatynyň Kent şäherinde gol çekilipdi. Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň talyplarynyň Italiýadaky bu tomusky tejribe-okuw sapaklary, türkmen ýaşlarynyň dünýä ylmy we bilimi bilen aýakdaş barýandygynyň aýdyň subutnamasydyr. Ýokary okuw mekdepleriň arasyndaky şeýle netijeli hyzmatdaşlyk, ýurdumyz üçin halkara derejede bäsleşige ukyply, giň gözýetimli we öz işiniň ussasy bolan hünärmenleri taýýarlamakda möhüm ädim bolup durýar. Bularyň ählisi bolsa, Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly GahrymanSerdarymyzyň ylym-bilim ulgamynda halkara hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak ugrunda alyp barýan beýik işleriniň oňyn netijesidir. Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersiteti
Türkmenistanyň Bilim ministrliginde türk wekiliýeti bilen duşuşyk geçirildi
Türkmenistanyň bilim ministri Jumamyrat Gurbangeldiýew bilen Türk aeronawtika birleşigi uniwersitetiniň rektory, professor, doktor Rahmi Eriň arasynda duşuşyk geçirildi. Duşuşyga iki ýurduň bilim we awiasiýa ulgamlarynyň wekilleri gatnaşdylar. Duşuşykda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň hem-de türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň aýratyn ünsi netijesinde ýurdumyzyň bilim ulgamynda amala aşyrylýan özgertmeler barada bellenildi. Taraplar Türkmenistan bilen Türkiýe Respublikasynyň arasynda bilim we ylym ulgamyndaky hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýy, şeýle hem awiasiýa pudagy üçin hünärmenleri taýýarlamak boýunça mümkinçilikler barada pikir alyşdylar. Professor Rahmi Er uniwersitetiň işi we uçarmanlary taýýarlamak boýunça alnyp barylýan hyzmatdaşlyk barada maglumat berdi. Gepleşikleriň dowamynda raýat awiasiýasy, uçuş howpsuzlygy, awiasiýa tehnologiýalary, logistika, emeli aň we kiberhowpsuzlyk ugurlarynda hyzmatdaşlygy ösdürmek, talyplaryň hem-de professor-mugallymlaryň alyş-çalşyny ýola goýmak we bilelikdäki okuw maksatnamalaryny taýýarlamak meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Duşuşygyň ahyrynda taraplar bilim edaralarynyň arasynda göni gatnaşyklary ösdürmäge we özara bähbitli taslamalary durmuşa geçirmäge taýýardyklaryny beýan etdiler. Türkmenistanyň Bilim ministrligi
Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetinde tegelek stoluň başynda syýasy söhbetdeşlik geçirildi
2026-njy ýylyň 20-nji iýulynda Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersiteti «Altyn Asyr» Türkmenistan teleýaýlymy bilen bilelikde «Türkmenistanda ýokary hünär bilimini ösdürmegiň 2026–2052-nji ýyllar üçin Strategiýasyny» durmuşa geçirmek boýunça 2026-njy ýylda ýerine ýetirilmeli çäreleriň meýilnamasynyň ýerine ýetirilişine bagyşlanan gepleşigiň ýazgysyny geçirdi. Gepleşikde Strategiýanyň esasy ugurlary, onuň ýokary hünär bilim ulgamyny döwrebaplaşdyrmakdaky ähmiýeti, şeýle hem öňde goýlan wezipeleriň üstünlikli durmuşa geçirilmegi ugrunda alnyp barylýan işler giňişleýin beýan edildi. Şeýle-de, bu resminamanyň milli bilim ulgamyny täze ösüş tapgyryna çykarmakda möhüm orun eýeleýändigi nygtaldy. Gepleşige gatnaşan professor-mugallymlar ýurdumyzda halkara ülňülere laýyk gelýän, innowasiýalara esaslanýan döwrebap bilim ulgamyny kämilleşdirmek, sanly tehnologiýalary giňden ornaşdyrmak, ylmy-barlag işleriniň netijeliligini ýokarlandyrmak hem-de ýaşlaryň tehnologik başarnyklaryny we hünär taýýarlygyny ösdürmek boýunça alnyp barylýan işler barada täsirli çykyş etdiler. Çykyş edenler Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň nobatdaky Mejlisi barada buýsançly belläp, Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk şanly senesi bilen Gahryman Arkadagymyzy, Arkadagly Gahryman Serdarymyzy, bütin türkmen halkyny tüýs ýürekden gutladylar we ýagşy arzuwlaryny beýan etdiler. Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersiteti
Hytaý Halk Respublikasynyň Şanhaý şäherinde geçirilen «67th International Mathematical Olympiad, IMO-2026» atly 67-nji Halkara matematika olimpiadasyndaky türkmen ýaşlarynyň üstünlikleri
Hormatly Prezidentimiziň alyp barýan bilim özgertmeleriniň möhüm talaplary hökmünde ýurdumyzyň umumybilim berýän mekdeplerinde okuw derslerini ýokary derejede öwretmek, okuwçylaryň tebigy zehin-başarnyklaryny ösdürmek, giň dünýägaraýyşly öňdebaryjy ýaşlary kemala getirmek, olaryň ylym we döredijilik bilen işjeň meşgullanmaklary üçin höweslendirmek hem-de hünärlere ugrukdyrmak babatynda toplumlaýyn işler üstünlikli durmuşa geçirilýär. Bu ugurda dürli bäsleşikler geçirilýär, ýaşlaryň halkara ders bäsleşiklerine gatnaşmaklary üçin giň mümkinçilikler döredilýär. 2026-njy ýylyň iýul aýynyň 10–21-i aralygynda Hytaý Halk Respublikasynyň Şanhaý şäherinde «67th International Mathematical Olympiad, IMO-2026» atly 67-nji Halkara matematika olimpiadasy geçirildi. Halkara bäsleşigine jemi 119 döwletden 685, ýurdumyzdan 6 zehinli okuwçy gatnaşdy. Halkara matematika olimpiadasynyň jemi boýunça, Mary welaýatynyň Ýolöten etrabynyň 40-njy orta mekdebiniň 12-nji synp okuwçysy Agaperman Berdimyradow kümüş, Aşgabat şäheriniň matematika we iňlis dili okuw dersleri çuňlaşdyryp öwredilýän ýöriteleşdirilen 49-njy orta mekdebiniň 12-nji synp okuwçysy Begenç Akmyradow, Aşgabat şäheriniň iňlis dili, himiýa we biologiýa okuw derslerini çuňlaşdyryp öwredýän 86-njy ýöriteleşdirilen orta mekdebiniň 12-nji synp okuwçysy Mälikşa Meýlismyradow we şol mekdebiň 10-njy synp okuwçysy Hemra Gurbanow bürünç medallary gazanmagy başardylar. Mekdep okuwçylarynyň bu abraýly halkara bäsleşiginde baýrakly orunlara eýe bolmaklary Hormatly Prezidentimiziň hem-de türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň beýik başlangyçlary we yzygiderli aladalary bilen hemmetaraplaýyn bilimli, intellektual we ruhy taýdan ösen, watansöýüji ýaşlary terbiýeläp ýetişdirmek, olaryň halkara bilim bäsleşiklerine işjeň gatnaşmaklaryny üpjün etmek ugrundaky toplumlaýyn işleriň «Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda netijeli amala aşyrylyp, Döwlet Baştutanymyzyň geljekde-de eziz Watanymyzyň baýdagyny al-asmanda parladyp, Türkmenistanyň abraýyny belende galdyrjakdyklary barada bildiren belent ynamyna ýaşlaryň okamak, öwrenmek, kämillige ymtylmak arkaly ýurdumyzyň dünýädäki abraý-mertebesiniň belende galdyrýandyklarynyň nobatdaky ykrar edilmesidir. Mekdep okuwçylarynyň 67-nji Halkara matematika olimpiadasyna gatnaşmaga döreden ajaýyp şertleri hem-de mümkinçilikleri üçin Arkadagly Gahryman Serdarymyza ähli bilim işgärleriniň adyndan tüýs ýürekden hoşallygymyzy bildirýäris. Hormatly Prezidentimiziň janynyň sag, belent başynyň aman, tutumly işleriniň rowaç bolmagyny arzuw edýäris. Türkmenistanyň Bilim ministrligi
Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň mugallymlary we talyplary Malaýziýanyň Petronas kompaniýasynyň Tehnologik uniwersitetinde önümçilik tejribeligini hem-de hünär derejesini ýokarlandyryş okuwlaryny geçýärler
Ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek boýunça maksatnamalaryň täze taryhy eýýamda üstünliklidurmuşa geçirilmegi tutuş milli ykdysadyýetimiziň, şol sanda onuň her bir pudagynyň ösmegini, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň yzygiderli ýokarlanmagyny üpjün edýär. Şunda Watanymyzyň bilim kuwwatyny şertlendirýän we onuň bu babatdaky ösüşini üpjün edýän ylym-bilim ulgamynyň kämilleşdirilmegi hem-de ösüşi möhüm ähmiýete eýedir. Ýurdumyzyň gazylyp alynýan ýerasty baýlyklaryň dürli görnüşlerine we gorlaryna eýe bolmagy himiýa, gazhimiýa, nebitgaz senagatynyň we beýleki pudaklaryň ösüşine uly itergi berýär. Şonuň netijesinde ýurdumyzda ýangyç-energetika, senagat-önümçilik toplumlary yzygiderli gurulýar, giň möçberli maksatnamalar üstünlikli durmuşa geçirilýär. Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersiteti bilen ýurdumyzyň nebitgaz pudagynda zähmet çekýän “Petronas Çarigali (Türkmenistan) Sdn Bhd” kompaniýasy we Malaýziýanyň Petronas kompaniýasynyň Tehnologik uniwersitetiniň arasynda birnäçe ýyllaryň dowamynda ylym-bilim ulgamynda özara bähbitli we dostlukly hyzmatdaşlyk dowam edýär. 2024-nji ýylda bu hyzmatdaşlygy dowam etdirmek we onuň gerimini has-da giňeltmek maksady bilen, özara düşünişmek hakynda täze Ähtnama baglaşyldy. Baglaşylan Ähtnamanyň çäginde geçen ýyllardaky ýaly şu ýylyň 14-nji iýulynda uniwersitetiň talyplar topary we mugallymlary okuw-önümçilik tejribeligini hem-de hünär derejesini ýokarlandyryş okuwlaryny geçmek üçin Malaýziýanyň Petronas kompaniýasynyň Tehnologik uniwersitetine okuw saparyna ugradyldy. 2 hepdelik dowam edýän okuw-önümçilik tejribeligi hem-de 1 hepdelik hünär derejesini ýokarlandyryş okuwlary üçin Malaýziýanyň Petronas kompaniýasynyň Tehnologik uniwersitetiniň Ýörite okuw merkezi tarapyndan degişli meýilnama taýýarlanyldy. Meýilnama laýyklykda uniwersitetiň talyplary we mugallymlary degişli ugurlar boýunça täze tehnologiýalary özleşdirmek, sanly tehnologiýalary we emeli aňy önümçilige ornaşdyrmak barada sapaklary geçerler. Şeýle hem Malaýziýanyň Petronas kompaniýasynyň Tehnologik uniwersitetinde okuwlaryň gurnalyşy, okuw tejribehanalary, okuw merkezleri, ylmy-barlag işleriniň alnyp barlyşy we kompaniýanyň önümçilik desgalary bilen ýakyndan tanyşarlar. Malaýziýanyň Petronas kompaniýasynyň Tehnologik uniwersitetinde geçirilýän okuw-önümçilik tejribeliginiň talyplar üçin uly ähmiýeti bolup, olaryň nazaryýetde alan bilimlerini amaly endikler bilen baýlaşdyrmaklaryna hem-de mugallymlar üçin hünär derejesini ýokarlandyryş okuwlarynyň öňdebaryjy dünýä tejribesini okuw işlerine yzygiderli ornaşdyrmaklaryna ýardam eder. Bilim-terbiýeçilik edaralarynyň işini kämilleşdirmek, ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamak babatdaky taýsyz tagallalary, ýaş nesil hakynda edýän yzygiderli aladalary, döredip berýän mümkinçilikleri, şertleri üçin hormatly Prezidentimize hem-de Gahryman Arkadagymyza tüýs ýürekden sagbolsunlar aýdýarys. Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, il-ýurt bähbitli, döwlet ähmiýetli alyp barýan beýik işleri hemişe rowaçlyklara beslensin! Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersiteti
«OBA HOJALYK ÖNÜMLERINI SAKLAMAK WE GAÝTADAN IŞLEMEK» ATLY OKUW KITABY NEŞIR EDILDI
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň uly mugallymy Leýla Ergeşowanyň, Hojadurdy Nurgeldiýewiň hem-de Amannepes Amannepesowyň Türkmenistanyň Bilim ministrligi tarapyndan hödürlenen «Oba hojalyk önümlerini saklamak we gaýtadan işlemek» atly ýokary okuw mekdepleri üçin okuw kitaby Türkmen döwlet neşirýat gullugynda taýýarlanyp, S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň çaphanasynda çap edildi. Kitabyň mazmuny girişden, «Et önümlerini gaýtadan işlemek», «Guş önümlerini gaýtadan işlemek», «Süýt önümlerini gaýtadan işlemek», «Ösümlik ýagy», «Miweleri, gök önümleri saklamak we gaýtadan işlemek», «Dänäni gaýtadan işlemek» atly 6 bapdan we adalgalar sözlüginden ybarat. Okuw kitaby «Oba hojalyk önümlerini saklamak we gaýtadan işlemek» dersi boýunça umumy okuwlaryň temalaryny öz içine alýar. Ol oba hojalyk önümlerini saklamak we gaýtadan işlemek, özleşdirmek, bu ugurdaky täze tehnologiýalar, gerekli hasaplamalary geçirmek, oba hojalyk önümlerini gaýtadan işleýän kärhanalaryň ykdysady tarapyny seljermek, öndürilýän önümleriň hiliniň talaba laýyklygy, adam üçin howpsuzlygy barada giňişleýin düşünje berýär. Kitapda nygtalyşy ýaly, Türkmenistanyň azyk senagaty pudagynyň ösüşiniň ýokary görkezijileri, ilki bilen, öňdebaryjy tehnologiýalary özleşdirmek we ýerli çig mallary ulanmak esasynda öndürilýän önümleriň görnüşleriniň artdyrylmagynyň hasabyna gazanylýar. Türkmenistanyň azyk senagaty pudagynda şu günki gün azyk önümleriniň ýüzlerçe görnüşleri öndürilip, olar öz hili boýunça dünýä ülňülerine laýyk gelýär. Bu okuw kitabyndan degişli ugurda bilim alýan talyplar, mugallymlar hem-de oba hojalyk önümlerini saklamak, gaýtadan işlemek boýunça hünärmenler peýdalanyp bilerler.
«MALDARÇYLYKDA WE WETERINARIÝADA ZÄHMETI GORAMAK» ATLY OKUW KITABY NEŞIR EDILDI
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň Weterinar lukmançylygy fakultetiniň Epizootologiýa we parazitologiýa kafedrasynyň müdiri, dosent, weterinariýa ylymlarynyň doktory Töre Garlyýewiň Türkmenistanyň Bilim ministrligi tarapyndan hödürlenen «Maldarçylykda we weterinariýada zähmeti goramak» atly ýokary okuw mekdepleri üçin okuw kitaby okyjylar köpçüligine gowuşdy. Kitap Türkmen döwlet neşirýat gullugynda taýýarlanyp, S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň çaphanasynda çap edildi. Täze okuw kitabynda maldarçylykda we weterinariýada ýerine ýetirilýän işleriň aýratynlyklaryna baglylykda (weterinariýa-sanitariýa çärelerini geçirmegiň düzgünleri, mallary daňmagyň, ýykmagyň, patologo-anatomik işleri ýerine ýetirmegiň kadalary, maglumatlary ýygnamagyň düzgünleri, köpçülikleýin we şahsy gorag geýimleriniň üpjünçiligi, ot-iýmler taýýarlanylanda, tehnikalar bilen işlenilende iş howpsuzlygyny berjaý etmegiň, maldarçylyk fermalarynda we toplumlarynda ýangyna garşy göreş çärelerini geçirmegiň, önümçilikde garaşylmadyk ýagdaý ýüze çykanda heläkçilik çekene ilkinji medisina kömegini bermegiň) düzgünleri we beýlekiler 9 sany bölümde ylmy esasda giňişleýin beýan edilýär. Has takygy, bu bölümlerde zähmeti goramagyň nazary esaslary, maldarçylykda işgärleriň zähmeti we dynç alyşlary, maldarçylykda önümçilik sanitariýasy we zähmet gigiýenasy, maldarçylykda, guşçulykda iş howpsuzlygy, weterinariýa-sanitariýa çäreleriniň geçirilişi, iri baldakly otlar, senaž, silos, himiki konserwantlar ulanylanda howpsuzlyk çäreleri, ýangyn ätiýaçlygynyň esasy, oba hojalygynda zähmeti goramak boýunça işleriň guralyşy, jebir çekenlere lukmana çenli kömek hakynda giňişleýin maglumat berilýär. Kitapda nygtalyşy ýaly, zähmeti goramak — iş prosesiniň dowamynda işgärleriň işe ukyplylygyny we saglygyny saklamagyň ulgamy. Ol hukuk, sosial-ykdysady, guramaçylyk, tehniki, sanitariýa-gigiýenik, bejeriş-profilaktiki, reabilitasion we beýleki çäreleri öz içine alýar. Kitap ýokary okuw mekdepleriniň weterinariýa, atçylyk, zootehniýa hünärleriniň talyplary üçin niýetlenip, ondan maldarçylyk pudagynda işleýän hünärmenler hem peýdalanyp bilerler.
«GURLUŞYK WE MELIORATIW MAŞYNLARYNYŇ ULANYLYŞY» ATLY OKUW KITABY OKYJYLARYNA GOWUŞDY
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň mugallymlary Arazgeldi Mollaýewiň, Aýyt Annaýewiň hem-de Rejep Berdinyýazowyň, Kadyr Myradowyň Türkmenistanyň Bilim ministrligi tarapyndan hödürlenen «Gurluşyk we melioratiw maşynlarynyň ulanylyşy» atly ýokary okuw mekdepleri üçin okuw kitaby neşir edildi. Kitap Türkmen döwlet neşirýat gullugynda taýýarlanyp, S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň çaphanasynda çap edildi. Kitap girişden hem-de «Maşynlaryň ygtybarlylygy we onuň esasy görkezijileri», «Maşynlaryň tehniki hyzmaty», «Maşynlaryň iş düzgünleri we öndürijilikleri», «Maşynlaryň ulanylyşynyň guramaçylyk esaslary», «Maşynlaryň tehniki hyzmatyny guramak» atly 5 bölümden ybarat. Täze okuw kitabynda melioratiw we gurluşyk maşynlarynyň ygtybarlylygy, olaryň bozulmalarynyň görnüşleri, sebäpleri baradaky maglumatlar berilýär. Şeýle-de ulanylyş döwründäki ygtybarlylygyny artdyrmagyň ýollaryna, maşynlaryň tehniki hyzmatynyň meýilnamaly-ätiýaçlyk ulgamyna, işleýiş düzgünlerine, öndürijilikli işlemegine, ulanylyşynyň guramaçylyk hem tehnologik esaslaryna, tehnologik proseslerine degişli maglumatlar berilýär. Kitapda bellenilişi ýaly, ýurdumyzyň suw hojalyk gurluşyklarynda, melioratiw işleriniň toplumlarynda dünýäniň iň abraýly kompaniýalarynyň ekskowatorlary, buldozerleri, skreperleri we başga köp görnüşli maşynlary işleýärler. Ol maşynlar kuwwatlylygy, öndürijilikliligi, işe gaýymlygy, ygtybarlylygy, howpsuzlygy, dolandyryşa uýgunlyklary, rahatlyklary we beýleki ulanylyşa amatly häsiýetleri we ukyplary bilen tapawutlanýarlar. Melioratiw gurluşyk edaralarynyň gitdigiçe çylşyrymlandyrylýan kuwwatly täze gurluşly maşynlar bilen yzygiderli üpjün edilmegi, şeýle-de olaryň guratlygynyň we amatly işledilmegini üpjün etmegiň zerurlygy tehniki hyzmatlar boýunça işleri artdyrýar. Bularyň hemmesi maşynlar parkynyň ulanylyş-bejeriş gullugynyň hemme bölümleriniň gurluşyna täsir edýän talaplary barha güýçlendirýär, maşynlaryň tehniki hyzmatynyň guramaçylyk düzgünleriniň, tehniki üpjünçiliginiň, tehnologiýasynyň düýpgöter tehniki hem-de bu mesele bilen iş salyşýan hünärmenleriň taýýarlanyş derejesini ýokarlandyrmagy talap edýär. Okuw kitaby ýokary okuw mekdepleriniň Melioratiw işlerini mehanizmleşdirmek hünäriniň talyplary üçin niýetlenilýär.
Türkmen ýaşlarynyň üstünlikleri
Hormatly Prezidentimiziň hem-de türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň baştutanlygynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýaş nesliň ylymly, giň dünýägaraýyşly hem-de bäsdeşlige ukyply şahsyýetler bolup kemala gelmegi ugrunda durmuşa geçirilýän özgertmeler halkara derejede mynasyp netijelerini berýär. Ýurdumyzda ýaşlaryň tebigy zehinini ýüze çykarmak, olary ylmy gözleglere höweslendirmek hem-de halkara ders bäsleşiklerine yzygiderli taýýarlamak boýunça amala aşyrylýan işler dünýä bileleşigi tarapyndan ykrar edilýän üstünlikler bilen şöhlelenýär. Soňky on ýylyň dowamynda Türkmenistanyň milli ýygyndy toparynyň agzalary Halkara himiýa olimpiadalarynda jemi 33 medala — 1 altyn, 12 kümüş we 20 bürünç medala mynasyp boldular. Bu guwandyryjy netijeler hormatly Prezidentimiz tarapyndan ýaş nesliň döwrebap bilim almagy, zehin-başarnyklaryny açyp görkezmegi hem-de halkara derejede üstünlik gazanmagy üçin döredilýän giň mümkinçilikleriň aýdyň netijesidir. Ýurdumyzda halkara ders olimpiadalarynyň ýeňijilerini döwlet derejesinde sarpalamak, olary medallar hem-de pul sowgatlary bilen sylaglamak asylly däbe öwrüldi. Şeýle ýokary derejeli üns-alada ýaşlary täze üstünliklere ruhlandyrýar, olaryň ylma we döredijilige bolan höwesini has-da artdyrýar. Şeýle üstünlikleriň nobatdaky subutnamasy 2026-njy ýylyň 10–19-njy iýuly aralygynda Özbegistan Respublikasynyň Daşkent şäherinde geçirilen 58-nji Halkara himiýa olimpiadasynyň jemlerinde aýdyň ýüze çykdy. Dünýäniň 92 döwletinden 363 zehinli okuwçyny jemlän abraýly halkara bäsleşikde gatnaşyjylar himiýa boýunça nazary taýýarlyklaryny hem-de barlaghana tejribelerini ýerine ýetirmek ukyplaryny görkezdiler. Şeýle ýokary derejeli ylmy bäsleşikde Türkmenistanyň ýaşlarynyň üstünlikli çykyş etmegi milli bilim ulgamynyň halkara ölçeglere laýyklykda yzygiderli kämilleşdirilýändiginiň aýdyň güwäsidir. Türkmenistanyň adyndan bu olimpiada Aşgabat şäherindäki Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky ýöriteleşdirilen umumybilim berýän mekdep-internatynyň topary gatnaşdy. Bäsleşigiň jemleri boýunça mekdep-internatyň 11-nji synp okuwçysy Ilmämmedow Pälwan kümüş medala, 12-nji synp okuwçylary Döwletow Diýar, Orunowa Aýlar hem-de Jumaýew Rüstem bolsa bürünç medallara mynasyp boldular. Netijede, türkmen okuwçylary 1 kümüş we 3 bürünç medal gazanyp, ýurdumyzyň halkara himiýa olimpiadalaryndaky üstünlikleriniň üstüni nobatdaky gezek ýetirdiler. Gazanylan bu üstünlikler ýaş nesilleriň döwrebap bilim almagy, ylmy döredijilik bilen meşgullanmagy hem-de halkara bäsleşiklerinde ukyp-başarnyklaryny görkezmegi üçin döredilýän giň mümkinçilikleriň netijeli häsiýete eýedigini görkezýär. Munuň özi Hormatly Prezidentimiziň hem-de Gahryman Arkadagymyzyň ýaşlaryň intellektual kuwwatyny ösdürmäge gönükdirilen döwlet syýasatynyň halkara derejesinde öz miwesini berýändiginiň aýdyň subutnamasydyr. Türkmenistanyň ýaşlarynyň halkara olimpiadalarda gazanýan üstünlikleri eziz Watanymyzyň bilim ulgamynyň abraýyny has-da belende göterýär, ýurdumyzda kemala gelýän täze nesliň ylmy kuwwatynyň, döredijilik mümkinçiliginiň hem-de watansöýüjilik ruhunyň barha pugtalanýandygyny tassyklaýar. Şeýle ýeňişler geljekde-de ýaşlary täze üstünliklere ruhlandyryp, Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň halkara bilim giňişligindäki abraýynyň has-da artmagyna hyzmat eder. Türkmenistanyň Bilim ministrligi
TÜRKMENISTANYŇ WE GRUZIÝANYŇ BILIM MINISTRLERINIŇ DUŞUŞYGY GEÇIRILDI
Türkmenistanyň Prezidentiniň Gruziýa amala aşyran döwlet saparynyň çäklerinde Türkmenistanyň bilim ministri J.Gurbangeldiýew bilen Gruziýanyň bilim, ylym we ýaşlar ministri Giwi Mikanadzeniň arasynda duşuşyk geçirildi. Duşuşygyň dowamynda taraplar bilim, ylym we ýaşlar syýasaty ulgamlarynda hyzmatdaşlygy giňeltmegiň geljekki ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdylar. Iki ýurduň ýokary okuw mekdepleriniň arasynda göni gatnaşyklary ösdürmäge, talyplaryň we mugallymlaryň akademik hereketliligini giňeltmäge, bilelikdäki ylmy barlaglary, maslahatlary, hünär kämilleşdiriş okuwlaryny we bilim maksatnamalaryny guramaga aýratyn üns berildi. Lukmançylyk, energetika, nebitgaz pudagy, binagärlik we gurluşyk, ulag, sanly tehnologiýalar, emeli aň, STEAM-bilim hem-de kiberhowpsuzlyk hyzmatdaşlygyň geljegi uly ugurlarynyň hatarynda görkezildi. Resmi saparyň çäklerinde bilim ulgamynda şu aşakdaky ikitaraplaýyn resminamalara gol çekildi: — Türkmenistanyň Bilim ministrligi bilen Gruziýanyň Bilim, ylym we ýaşlar ministrliginiň arasynda bilim babatda hyzmatdaşlyk etmek barada özara düşünişmek hakynda Ähtnama. — Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasy bilen Wano Saradžişwili adyndaky Tbilisi döwlet konserwatoriýasynyň arasynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyk etmek barada özara düşünişmek hakynda Ähtnama; — Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersiteti (Türkmenistan) bilen «Iwane Jawahişwili adyndaky Tbilisi döwlet uniwersiteti» jemgyýetçilik hukugynyň ýuridik şahsynyň (Gruziýa) arasynda hyzmatdaşlyk etmek hakynda Ähtnama; — Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersiteti (Türkmenistan) bilen Gruzin tehniki uniwersitetiniň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama; — Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk instituty bilen Gruzin tehniki uniwersitetiniň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama; — Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary instituty (Türkmenistan) bilen Batumi döwlet deňiz akademiýasynyň (Gruziýa) arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama; Gol çekilen resminamalar hyzmatdaşlygyň şertnama-hukuk binýadyny berkitmäge, ýokary okuw mekdepleriniň arasyndaky gatnaşyklary ösdürmäge, akademik alyşmalary giňeltmäge, şeýle hem bilelikdäki bilim we ylmy taslamalary durmuşa geçirmäge gönükdirilendir. Duşuşygyň jemleri boýunça gazanylan ylalaşyklaryň türkmen-gruzin hyzmatdaşlygynyň mundan beýläk-de ösdürilmegine täze itergi berjekdigine ynam bildirildi. Türkmenistanyň Bilim ministrligi
Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň talyplary rus dili boýunça halkara olimpiadada baýrakly orunlary eýelediler
Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň talyplary Russiýa Federasiýasynyň B.B.Gorodowikow adyndaky Galmyk döwlet uniwersiteti tarapyndan «Rus dili we ülkäni öwreniş» dersinden onlaýn görnüşinde halkara olimpiadada üstünlikli çykyş etdiler. Uniwersitetiň rus dili we edebiýaty fakultetiniň 5-nji ýyl talyby Oguldursun Akmuhammedowa hormatly 1-nji orny eýeläp, olimpiadanyň ýeňijileriniň hataryna girdi. Şeýle hem şol fakultetiň talyplary halkara bäsleşiginde 2-nji orunlara mynasyp boldular. Olimpiadanyň dowamynda türkmen talyplary rus dili, taryh we edebiýat boýunça çuňňur bilimlerini, şeýle hem öz hünär ugurlaryndaky ýokary taýýarlyk derejesini görkezdiler. Olar rus dili we edebiýaty fakultetiniň mugallymy Jennet Şamyýewanyň ýolbaşçylygynda taýýarlanyp, onuň bäsleşige taýýarlyk işine goşan uly goşandy üstünlikli netijelerde öz beýanyny tapdy. Türkmen talyplarynyň bu halkara olimpiadasyna gatnaşmagy «Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersiteti bilen B.B.Gorodowikow adyndaky Galmyk döwlet uniwersitetiniň arasynda baglaşylan özara hyzmatdaşlyk hakynda Ähtnamanyň» çäklerinde amala aşyryldy. Şu ýyl geçirilen olimpiada Hytaýdan, Mongoliýadan, Wýetnamdan, Taýlanddan, Türkiýeden, Eýrandan, Yrakdan, Siriýadan, Afrika ýurtlaryndan, Gazagystandan we Türkmenistandan 200-den gowrak zehinli talyp gatnaşdy.
Tomus dynç alyşy – manyly we täsirli
Arkadagly Serdarymyzyň saýasynda ýurdumyzyň geljegi bolan çagalaryň tomusky dynç alyş möwsümini şadyýan, sagdyn we manyly geçirmekleri üçin giň mümkinçilikler döredilýär. Şu günler Bereket etrap bilim bolumine degişli orta mekdeplerin çagalary üçin hem tomus dync alyş günleri ýatda galyjy pursatlara baý bolýar. Bereket etrabynyn tebigi dersleri çuňlaşdyryp owredyan yoritelesdirilen orta mekdebinde çagalar üçin niýetlenip geçirilen ýörite çäre munuň aýdyň subutnamasyna öwrüldi. Çäräniň çäklerinde çagalar ilki bilen kitaphana gezelenç edip, özlerini gyzyklandyrýan täze kitaplar, ertekiler we şahyrlaryň döredijiligi bilen tanyşdylar. Kitap okamaga bolan höwesi artdyrmak maksady bilen guralan bu gezelenç çagalarda uly täsir galdyrdy. Mundan başga-da, çärä gatnaşan gyzjagazlar mährem ene-mamalarymyzyň ýanyna baryp, olaryň milli el işlerini edip oturyşlaryny synladylar. Enelerimiz gyzlara keşde çekmegiň, jorap örmegiň we asylly milli gymmatlyklarymyzyň inçe syrlaryny öwretdiler. Bu bolsa nesilleriň arasyndaky kämil arabaglanyşygy, milli däp-dessurlarymyza bolan hormaty has-da berkitdi. Şol bir wagtyň özünde, oglanjyklar we gyzjagazlar üçin şadyýan sport ýaryşlary hem guraldy. Bäsleşikde çagalar özleriniň çalasynlygyny, eýjeligini we sagdynlygyny görkezip, biri-birinden gyzykly oýunlarda bäsleşdiler. Şeýle manyly we şadyýan çäreleri gurap beren guramaçylara, şeýle hem çagalaryň bagtyýar durmuşda ýaşamagy, okamagy, dynç almagy üçin ähli şertleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Serdarymyza çagalaryň hem-de ene-atalaryň adyndan köp sagbolsun aýdýarys! Balkan welaýat Bereket etrap bilim müdirligi
Türkmenistanda 13-nji iýuldan ýokary we orta hünär okuw mekdeplerine okuwa kabul etmek möwsümi başlanar
Şu gün alty aýyň jemlerine bagyşlanyp geçirilen giňişleýin Hökümet mejlisinde Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Buýruga gol çekdi. Resminama laýyklykda, 2026-njy ýylda Türkmenistanyň ýokary we orta hünär okuw mekdeplerine okuwa kabul etmek boýunça döwlet toparynyň düzümi tassyklanyldy. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi. Bellenilişi ýaly, döwlet toparyna 2026-njy ýylda Türkmenistanyň ýokary we orta hünär okuw mekdeplerine okuwa kabul etmäge guramaçylyk-usulyýet taýdan ýolbaşçylyk etmek we onuň bellenen tertipde geçirilmegini guramak tabşyryldy. Welaýatlaryň, Aşgabat we Arkadag şäherleriniň häkimlikleri Türkmenistanyň ýokary we orta hünär okuw mekdeplerine okuwa kabul etmek boýunça iş toparlarynyň talabalaýyk işlemegi üçin zerur şertleri döretmäge borçly edildi. Şeýle-de döwlet Baştutanynyň gol çeken Buýrugyna laýyklykda: 2026-njy ýylda Türkmenistanyň ýokary okuw mekdeplerine welaýatlar, Aşgabat we Arkadag şäherleri boýunça okuwa kabul etmegiň meýilnamasy; 2026-njy ýylda Türkmenistanyň orta hünär okuw mekdeplerine okuwa kabul etmegiň meýilnamasy tassyklanyldy. Türkmenistanyň ýokary we orta hünär okuw mekdeplerine okuwa kabul etmegi 2026-njy ýylyň 13-nji iýuly — 24-nji awgusty aralygynda guramak, okuwa kabul etmek boýunça giriş synaglaryny ýokary we orta hünär okuw mekdepleriniň ýerleşýän ýerinde geçirmek bellenildi.
Duşuşyk geçirildi
2026-njy ýylyň iýul aýynyň 10-yna Şweýsariýa Konfederasiýasynyň Azerbaýjan Respublikasyndaky ilçihanasynyň orunbasary we sebitleýin hyzmatdaşlyk edarasynyň ýolbaşçysynyň orunbasarynyň hem-de Şweýsariýa Konfederasiýasynyň Azerbaýjan Respublikasyndaky ilçihanasynyň syýasy geňeşçisiniň gatnaşmaklarynda Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynda duşuşyk geçirildi. Myhmanlar ilki bilen institutyň täze goşmaça okuw binasynyň eýwanynda duşuşyk mynasybetli ýaýbaňlandyrylan ylmy we taslama işleriň sergisi bilen tanyşdylar. Soňra bolsa mejlisler otagynda iki taraplaýyn söhbetdeşlikler geçirildi. Söhbetdeşligiň dowamynda Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň uzak ýyllaryň dowamynda Ýewropa Bileleşigi, şol sanda Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasy bilen birnäçe halkara taslamalaryň bilelikde ýerine ýetirilýändigi barada bellenilip geçildi. Maslahatyň dowamyndaky çykyşlarda, geljekde hem halkara taslamalary bilelikde ýerine ýetirmeklik ara alnyp maslahatlaşyldy. Duşuşygyň ahyrynda oňa gatnaşyjylar ýurdumyzda ylym-bilimi kämilleşdirmekde, halkara bilermenler bilen tejribe alyşmakda, halkara taslamalary bilelikde ýerine ýetirmekde, ýaşlary ýokary derejeli hünärmenler edip ýetişdirmekde bimöçber tagallalary edýän Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş hem-de hoşallyk sözlerini beýan etdiler. Türkmenistanyň Döwlet energetika instituty
Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň talyplary Birleşen Arap Emirlikleriniň Khalifa uniwersitetinde okuw-önümçilik tejribeligini geçýärler
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň parasatly ýolbaşçylygynda hem-de türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň parasatly başlangyçlary esasynda ýurdumyzyň bilim ulgamy dünýäniň öňdebaryjy bilim giňişligine işjeň goşulyşýar. Häzirki döwürde bilim ulgamyny döwrebaplaşdyrmak, halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmek, sanly bilim tehnologiýalaryny giňden ornaşdyrmak hem-de milli bilimiň hilini dünýä standartlaryna laýyk getirmek boýunça giň gerimli işler alnyp barylýar. Soňky ýyllarda daşary ýurtlaryň abraýly ýokary okuw mekdepleri, ylmy-barlag merkezleri we iri kompaniýalary bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygy ösdürmek döwlet syýasatynyň möhüm ugurlarynyň birine öwrüldi. Bu ugurda durmuşa geçirilýän halkara bilim maksatnamalary ýokary okuw mekdepleriniň professor-mugallymlary we talyp ýaşlary üçin täze bilim, ylmy gözleg hem-de hünär taýdan ösüş mümkinçiliklerini döredýär. Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň talyplary iýul aýynyň 1-10-ny aralygynda Birleşen Arap Emirlikleriň Abu-Dabi şäherinde ýerleşýän Khalifa uniwersiteti tarapyndan guralýan “Daşary ýurtly talyplar üçin tomusky energetika lageri” atly okuw maksatnamasyna laýyklykda, okuw-önümçilik tejribeligini geçýärler. Okuw-önümçilik tejribeliginiň esasy maksady, ADNOC kompaniýasynyň alyp barýan önümçilik işleri bilen tanyşmak, Khalifa uniwersitetiniň okuw we ylmy işleri boýunça tejribesini öwrenmek. Okuw-önümçilik tejribeliginiň dowamynda talyplar Khalifa uniwersitetiniň häzirki zaman nebit-gaz tehnologiýalary, emeli aňyň energetika pudagyna ornaşdyrylyşy, tejribehanalarynda alnyp barylýan ylmy-barlag işleri hem-de öňdebaryjy önümçilik usullary, okuw merkezleri, muzeýleri bilen içgin tanyşýarlar we nazary bilimlerini halkara tejribesi bilen baýlaşdyrýarlar. Bu tejribelik iki ýokary okuw mekdebiniň arasyndaky hyzmatdaşlygy ösdürmäge hem-de ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamaga möhüm goşant goşýar. Talyp ýaşlarymyz ADNOC kompaniýasynyň önümçilik desgalaryna, Aerokosmos barlaghanasyna, 3D çap etmek we tehniki hyzmatlaryň barlaghanasyna baryp görerler. Şeýle hem talyplar “Gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleri”, “Guýulary burawlamak” boýunça hem-de “Nebitiň we gazyň inženerligi”, “Gatlak flýuidleriň häsiýetleri” atly gysga möhletli okuwlara gatnaşarlar. Döwrebap bilim ulgamyny ösdürmek, ýokary hünärli hünärmenleri taýýarlamak ugrunda alyp barýan giň gerimli işleri, ýaş nesliň bilim almagy we kämil şahsyýet bolup ýetişmegi üçin döredýän mümkinçilikleri hem-de amatly şertleri üçin Hormatly Prezidentimize we Gahryman Arkadagymyza çuňňur hoşallygymyzy we tüýs ýürekden alkyşlarymyzy bildirýäris. Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, il-ýurt bähbitli, döwlet ähmiýetli alyp barýan beýik işleri hemişe rowaçlyklara beslensin! Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersiteti
HYYweÖU-niň talyplarynyň Florensiýa şäherindäki tejribe-okuw sapaklary
Türkmenistanyň bilim ulgamynda halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmek, talyplaryň dünýä derejesindäki bilim ojaklarynda tejribe toplamaklaryna giň mümkinçilikleri açýar. Munuň aýdyň mysallarynyň biri hökmünde, Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersiteti bilen ABŞ-nyň Kent döwlet uniwersitetiniň arasynda gol çekilen özara düşünişmek hakynda Ähtnama esasynda amala aşyrylýan maksatnamalary görkezmek bolar. Şu şertnama laýyklykda, Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň talyplary Kent döwlet uniwersitetiniň Italiýanyň taryhy we medeni merkezi bolan Florensiýa şäherindäki şahamçasynda tomusky tejribe-okuw sapaklaryny geçýärler. Bu sapaklar talyplara diňe bir nazary bilimlerini çuňlaşdyrmaga däl, eýsem halkara gurşawda öz ugurlary boýunça amaly ukyplaryny kämilleşdirmäge hem uly ýol açýar. Florensiýa şäheri özüniň baý taryhy, medeniýeti we sungaty bilen dünýäniň iň esasy bilim we medeni merkezleriniň biri hasaplanýar. Şeýle ajaýyp gurşawda guralan tomusky okuwlar talyplara dünýäniň dürli künjeklerinden gelen deň-duşlary bilen tejribe alyşmaga, daşary ýurt dillerini kämilleşdirmäge we şahsy dünýägaraşlaryny giňeltmäge mümkinçilik berýär. Okuw maksatnamasynyň çäklerinde talyplar öz hünärlerine degişli döwrebap çemeleşmeleri öwrenip, halkara derejeli professor-mugallymlaryň leksiýalaryna gatnaşýarlar. Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň talyplarynyň Italiýadaky bu tomusky tejribe-okuw sapaklary, türkmen ýaşlarynyň dünýä ylmy we bilimi bilen aýakdaş barýandygynyň aýdyň subutnamasydyr. Ýokary okuw mekdepleriň arasyndaky şeýle netijeli hyzmatdaşlyk, ýurdumyz üçin halkara derejede bäsleşige ukyply, giň gözýetimli we öz işiniň ussasy bolan hünärmenleri taýýarlamakda möhüm ädim bolup durýar. Bularyň ählisi bolsa, Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ylym-bilim ulgamynda halkara hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak ugrunda alyp barýan beýik işleriniň oňyn netijesidir. Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersiteti
ÇAGALARYŇ GYZYKLY DYNÇ ALYŞ MÖWSÜMI
Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyz: “Her bir halkyň ykdysady ösüşleri, ylymda, bilimde, medeniýetde gazanan üstünlikleri bilen onuň dünýä jemgyýetçiliginde tutýan orny kesgitlenýär. Şeýle ösüşlere ýetmekde kitabyň orny uludyr. Ähli ösüşleriň, ylmyň gazananlarynyň gözbaşy adam paýhasynyň şamçyragy bolan kitapdan başlanýar. Kitap ynsanyň köňül nagşydyr, ol durmuşy açyp gökezýän ajaýyp aýnadyr. Özünde ähli durmuş gymmatlyklaryny jemleýän kitap halkyň ruhy baýlygy, aň hazynasy” – diýip belleýär. Kitaplar we kitaphanalar her bir türkmeniň diňe bir ruhy we maddy dünýäsini açyp görkezýän aýna bolman, eýsem, olaryň häzirki wagtda iň uly ylmy merkezlere, adamlaryň köp sanlysynyň gelip, kitaplar dünýäsiniň çuňluklaryna, täsinlikler älemine syýahat edýän merkezlerine öwrülendigini belläp geçmek möhümdir. Kitap halkyň ruhy medeniýetiniň göwher maýasydyr. Halkyň, milletiň ruhy kämilligi, bilim derejesiniň ösmegi kitapsyz we kitaphanasyz göz öňüne getirmek mümkin däldir. Kitaplar adamzat akylynyň, pähim-paýhasynyň jemlenen dürdäneleri bolsa, kitaphanalar şol dürdäneleriň mukaddes köşkleridir. Kitap okaýan adam mydama ruhubelent, dana sözli, halkyna, Watanyna, daş-töweregi gurşap alan tutuş tebigata uly söýgi bilen garap bilýär. Jemgyýetde adamlaryň kitaba bolan isleglerini kanagatlandyrýan, olaryň özbaşdak okaýşyny we yzygiderli bilim almaklaryny guraýan edara kitaphanalardyr. Berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýaşlarymyza kitap okamaga ähli mümkinçilikler döredildi. Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallary netijesinde ýurdumyzyň ähli bilim ojaklarynda häzirki zaman enjamlary bilen üpjün edilen ýagty, döwrebap kitaphanalarymyz işe girizildi. Ýurt baştutanymyzyň ylym-bilim hakyndaky aladalary bilen ylmyň dürli ugurlary boýunça täze kitaplar yzygiderli neşir edilip durulýar. Ýurdumyzda bilim ulgamyny täze okuw kitaplary bilen üpjün etmek meselelerine aýratyn üns beriýär. Gahryman Arkadagymyz ýaşlarymyza uly ynam bildirip, şeýle wesýet edýär: ”Watanymyzyň röwşen geljegi üçin okamak, öwrenmek, zähmet çekmek bagtyýar ýaşlarymyzyň öňünde goýan baş maksadyna öwrülmelidir”. Biz mugallymlar, kitaphanaçylar ýaşlarymyzyň bagtyýar durmuşymyzyň eýeleri bolup, gymmatly wagtlaryny ylym-bilime, kitap okamaga sarp edip, Watanymyza hyzmat etjek adamlar bolup ýetişjekdiklerine berk ynanýarys. Kitap – zamananyň ýüzi. Kitap – terbiýeçi. Kitaby köp okasaň – paýhasly, sowatly, bilimli bolup bolýar. Şonuň üçin hem maslahatçymyz, ýakyn hemramyz, arassa pikirleriň, tämiz duýgularyň ýollaryny arçaýan, bilimleriň çeşmesi bolan kitaba berilýän üns hem bizi döredijilikli zähmet çekmäge ruhlandyrýar. Balkan welaýatynyň owadan künjekleriniň birinde dag etegini etekläp oturan "Dürdäne" çagalar dynç alyş we sagaldyş merkezinde çagalar üçin çäre guramak örän ajaýyp pikir! Özümde kitaba bolan söýgüni dynç alyş, oýun we sagdyn durmuş bilen utgaşdyrmak maksady bilen uly mümkinçiliklerden peýdalanyp, 2025-2026-njy okuw ýylynyň tomusky dynç alyş möwsüminde Gyzylarbat etrap bilim bölüminiň meýilnamasy esasynda “Dürdäne” çagalar dynç alyş we sagaldyş merkezinde çagalaryň arasynda ”Geliň erteki diňläliň“ – ady bilen çäre geçirildi. Çagalary kitap okamaga we onuň bilen dostlaşyp, dünýägaraýyşlaryny giňeltmäge, kitaphananyň iň işjeň okyjylary bolmaklyga çagyrylyp geçirilen söhbetdeşlikde dürli ýazyjylaryň çagalara niýetläp ýazan we täze çap edilen birnäçe gyzykly, owadan suratlar bilen bezelen kitaplary tanyşdyryldy. Çagalar bilen sorag-jogap alşyp, özara söhbetdeşlik geçirildi we has işjeň gatnaşyp, özbaşdak okan kitaplarynyň many-mazmunyny gürrüň bermek, bir-birleri bilen sorag-jogap alyşmak boýunça geçirilen bäsleşik söhbetdeşligiň täsirini has hem artdyrdy. Etrap bilim bölüminiň meýilnamasy esasynda guralan bu çäre, çagalaryň her birinde uly täsir galdyrdy. ”Kitap biziň dostumyzdyr” diýip, ata-babalarymyz örän dogry belläp geçipdir. Şu ýerde ýazyň hem güýzüň şahyry G.Ezizowyň goşgusyndan bir bendi mysal getirmek isleýärin: Kitaphanalara gatnaň ýadaman, Agras, kämil bory üçin pikiriň. Dünýäde hemme zat bal bile ýag däl, Siz goja dünýäniň boýun ýetiriň. “Dürdäne” çagalar dynç alyş we sagaldyş merkezinde dynç alýan çagalara türkmen halkynyň söwer ogly Gurbannazar şahyryň bize miras goýup giden bu dürdäne sözlerinden ugur alyp, kitaphanalar bilen aragatnaşyklaryny has hem pugtalandyryp, işjeň okyjylar bolup, dünýägaraýyşlaryny giňeldip, Watanymyza, halkymyza, Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza, öz mähriban ene-atalaryna mynasyp ýaşlar bolup ýetişmekleri üçin, turuwbaşdan köp kitap okamak barada maslahat berildi. Il-ýurdumyzy ösüşiň täze belentliklerine, bagtyýarlygyň täze giňişliklerine tarap alyp barýan Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak, tutýan tutumly işleri elmydama rowaç bolsun! Aýnabat Alaşowa, Balkan welaýatynyň Gyzylarbat etrabynyň G.Kulyýew adyndaky 20-nji orta mekdebiniň kitaphanaçysy.
«Ylmy barlaglar we innowasiýalar» ylmy-köpçülikleýin elektron žurnalynyň ikinji sany çykdy
Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde «Ylmy barlaglar we innowasiýalar» ylmy-köpçülikleýin elektron žurnalynyň ikinji sany çykdy. Žurnalyň täze sanynda halkymyzyň taryhyna, türkmen we daşary ýurt dillerine hem-de edebiýatyna, filologiýanyň, tebigy we takyk ylymlaryň möhüm meselelerine, ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamakda okatmagyň usulyýetini döwrebap kämilleşdirmäge bagyşlanan ylmy-nazary, ylmy-amaly hem-de ylmy-usuly makalalar ýerleşdirildi. Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde «Ylmy barlaglar we innowasiýalar» ylmy-köpçülikleýin elektron žurnaly Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ylmy-barlag işlerini işjeňleşdirmek we önümçilige ornaşdyrmak, häzirki zaman ylmynyň ýeten sepgitlerini we ylmy barlaglaryň netijelerini jemgyýetçilige ýetirmek, internet ulgamy arkaly giňden wagyz etmek hem-de elektron görnüşinde ýaýbaňlandyrmak maksady bilen döredildi. «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 – 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasyna», «Türkmenistanda ylmyň we tehnologiýalaryň ileri tutulýan ugurlaryna», «Türkmenistanda ylym ulgamyny ösdürmegiň 2024 — 2052-nji ýyllar üçin Strategiýasyna», «Türkmenistanda ýokary hünär bilimini ösdürmegiň 2026 — 2052-nji ýyllar üçin Strategiýasyna» laýyklykda, ýurdumyzyň ylmy-tehniki kuwwatyny pugtalandyrmak, ýokary okuw mekdeplerinde professor-mugallymlaryň, aspirantlaryň, dalaşgärleriň, magistrleriň, talyplaryň netijeli ylmy-barlag işlerini alyp barmaklary üçin giň mümkinçilikler we şertler döredilýär. Ylmy-barlag işleriniň netijelerini neşir arkaly ýaýbaňlandyrmak, ýaş alymlaryň täze neslini kemala getirmek, ýaşlaryň ylym bilen meşgullanmaklaryna höwes döretmek hem-de olara goldaw bermek işlerine hem döwlet derejesinde uly ähmiýet berilýär. «Ylmy barlaglar we innowasiýalar» ylmy-köpçülikleýin elektron žurnalynda türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman, Alym Arkadagymyzyň we hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tabşyryklaryndan ugur alyp, ýurdumyzda ynsanperwer ylymlaryny ösdürmek bilen baglanyşykly, şol sanda milli medeni mirasymyzy, şöhratly taryhymyzy, türkmen we daşary ýurt dillerini hem-de edebiýatyny öwrenmäge, filologiýanyň möhüm meselelerine, ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamakda okatmagyň usulyýetini döwrebap kämilleşdirmäge bagyşlanan ylmy-nazary, ylmy-amaly hem-de ylmy-usuly makalalar ýerleşdirilýär. Pedagogikanyň, psihologiýanyň, jemgyýeti öwreniş we hukuk ylymlarynyň gazanan üstünlikleri, okatmagyň we terbiýelemegiň döwrebap usulyýeti barada taýýarlanylan makalalar hem elektron žurnalyň mazmunyny baýlaşdyrýar. Şeýle hem, elektron žurnalda ýurdumyzda ylmy we tehnologiýalary ösdürmegiň ileri tutulýan ugurlaryna laýyklykda, tebigy we takyk ugurly ylymlarda, sanly tehnologiýalary peýdalanmagyň netijeliligini ýokarlandyrmaga, nanotehnologiýalary, biotehnologiýalary, himiki tehnologiýalary, maglumat ulgamlaryny ösdürmäge, ýerli tebigy çig mal baýlyklaryndan ekologiýa taýdan arassa önümleri we täze materiallary öndürmäge degişli ylmy barlaglar arkaly alnan netijeler beýan edilýär. Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň «Ylmy barlaglar we innowasiýalar» atly ylmy-köpçülikleýin elektron žurnalynyň döredilmegi ýaşlary täze ylmy açyşlara, oýlap tapyşlara höweslendirdi. Elektron žurnalyň türkmen, iňlis we rus dillerinde çärýekde bir, ýylda dört gezek neşiri goýberilýär. Ylmy-köpçülikleýin elektron žurnalynyň ikinji sanyny şu ýerden ýükläp bilersiňiz ( https://tdu.edu.tm/download/20260704/6a4922d075392377.pdf )
Türkmen-Italýan ylym-bilim gatnaşyklary täze tapgyra gadam basýar
Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetinde wajyp halkara duşuşyklarynyň biri geçirildi. Italiýa Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Martin Bruk uniwersitete iş saparyny amala aşyryp, ýokary okuw mekdebiniň rektory we ýolbaşçy düzümi bilen netijeli duşuşyk geçirdi. Duşuşygyň esasy maksady – iki ýurduň ýokary okuw mekdepleriniň arasyndaky ylmy-bilim hyzmatdaşlygyny has-da giňeltmek, häzirki zaman bilim tejribelerini paýlaşmak we geljegi uly bolan bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmegiň täze mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşmakdan ybarat boldy. Gepleşikleriň dowamynda taraplar iki ýurduň uniwersitetleriniň arasynda göni gatnaşyklary ýola goýmagyň we akademiki alyş-çalyş maksatnamalaryny işjeňleşdirmegiň wajypdygyny nygtadylar. Esasanam, ynsanperwer ylymlary, halkara gatnaşyklary, diplomatik ugurlar we dünýä ykdysadyýeti ýaly ugurlarda italýan ýokary okuw mekdepleri bilen tejribe alyşmak meselelerine aýratyn üns berildi. Mälim bolşy ýaly, Türkmenistan bilen Italiýanyň arasyndaky syýasy-diplomatik we medeni gatnaşyklar köpasyrlyk taryha hem-de özara ynanyşmaga esaslanýar. Medeniýet we ylym ulgamy bolsa halklary has-da golaýlaşdyrýan iň ygtybarly köpridir. Duşuşygyň çäginde taraplar ýokary okuw mekdebinde italýan medeniýetini, taryhyny we dilini öwrenmäge bolan gyzyklanmany goldamak, okuw maksatnamalaryny baýlaşdyrmak barada hem pikir alyşdylar. Bu geçirilen duşuşyk diňe bir uniwersitet derejesinde däl, eýsem, umumylykda Türkmenistan bilen Italiýa Respublikasynyň arasyndaky medeni-ynsanperwer gatnaşyklaryň täze mazmun bilen baýlaşmagyna we bilim diplomatiýasynyň has-da dabaralanmagyna uly goşant goşar. Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersiteti
Студенты языкового вуза Туркменистана проходят стажировку в России
С 29 июня по 5 июля группа студентов Туркменского национального института мировых языков имени Довлетмаммета Азади проходит интенсивную программу речевой практики по русскому языку в Москве. Участниками данной стажировки стали 18 студентов факультета русского языка и литературы, успешно прошедшие двухэтапный конкурсный отбор. При формировании состава делегации учитывались результаты комплексного тестирования по дисциплинам филологического цикла, уровень владения русской речью, мотивация к изучению языка, академическая успеваемость и общественная активность. Учебная поездка организована в соответствии с Меморандумом о сотрудничестве между Туркменским национальным институтом мировых языков имени Довлетмаммета Азади и Набережночелнинским государственным педагогическим университетом. Программа речевой практики подготовлена Набережночелнинским государственным педагогическим университетом при поддержке Министерства просвещения Российской Федерации и Фонда гуманитарных проектов «Моя история» в рамках образовательного проекта «Учусь великому!». Практика включает 72 академических часа интенсивной подготовки. В ходе стажировки студенты принимают участие в лекционных и практических занятиях, посвящённых современному русскому языку, русской литературе, культуре речи, истории русского слова, литературному краеведению и особенностям русской языковой картины мира. Занятия проводят Константин Калинин и Галина Фролова, кандидаты филологических наук, преподаватели кафедры русской и татарской филологии Набережночелнинского университета. Важной составляющей программы является культурно-просветительский блок. Для участников предусмотрены экскурсии по историческому центру Москвы, посещение Государственного музея М.А. Булгакова, исторического парка «Россия – Моя история», а также знакомство с театральным искусством. Такой формат позволяет объединить академическую подготовку с непосредственным погружением в языковую и культурную среду, способствуя развитию коммуникативных компетенций студентов. По завершении обучения участники пройдут итоговую аттестацию, примут участие в круглом столе, посвящённом результатам образовательной программы, после чего им будут торжественно вручены сертификаты установленного образца. Участие туркменских студентов в образовательной программе во многом будет способствовать совершенствованию языковой подготовки студентов, расширению межвузовского взаимодействия, внедрению современных образовательных подходов, созданию дополнительных возможностей для профессионального роста будущих специалистов и повышению качества языкового образования в соответствии с современными международными стандартами.
Туркменские студенты-лингвисты проходят летнюю языковую практику в вузах Кореи и Германии
Студенты Туркменского национального института мировых языков имени Довлетмаммета Азади совершенствуют профессиональные навыки в рамках летней языковой практики, которая проходит на базе ведущих вузов Кореи и Германии. С 29 июня по 6 июля стажировку в Корее проходит группа из 6 лучших студентов факультета восточных языков и литературы, показавших высокие результаты в изучении корейского языка. Учебная поездка организована в рамках Меморандума о взаимопонимании в сфере научного и образовательного сотрудничества между Туркменским национальным институтом мировых языков имени Довлетмаммета Азади и Канвонским национальным университетом (KNU). На базе партнерского университета Кореи, расположенного в городе Чхунчхон, студенты института осваивают углубленные дисциплины по развитию речи. Образовательная программа для студентов предусматривает расширение теоретических знаний и практических профессиональных навыков, а также знакомство с древней и богатейшей культурой Востока, национальными ценностями и традициями корейского народа. В рамках сотрудничества туркменского языкового института с ведущими вузами зарубежных стран аналогичную стажировку в Германии проходят 15 наиболее активных и талантливых студентов факультета европейских языков и литературы. Данная стажировка организована на основе Соглашения об академическом и культурном сотрудничестве между Туркменским национальным институтом мировых языков имени Довлетмаммета Азади и факультетом педагогических наук – Философия III Университета имени Мартина Лютера в Галле-Виттенберге. Основная цель учебно-практической программы заключается в развитии у студентов практических навыков владения немецким языком и педагогических компетенций. Интенсивная речевая практика включает 72 часа академических занятий, в ходе которых студенты знакомятся с современными лингвистическими подходами и передовым опытом в системе образования. Полученные в ходе практики знания и практические навыки будут способствовать совершенствованию профессиональной подготовки будущих педагогов иностранных языков, развитию их коммуникативной культуры. Участие студентов ТНИМЯ им.Азади в международных программах языковой практики является очередным подтверждением последовательной и плодотворной работы вуза по расширению академического обмена, повышению качества языкового образования и укреплению сотрудничества с ведущими зарубежными образовательными центрами. Широкие научно-образовательные возможности туркменского и зарубежных вузов-партнеров позволяют налаживать эффективное взаимодействие в области проведения совместных научных исследований и образовательных мероприятий, повышения квалификации педагогов, совместной подготовки учебных программ и электронных пособий, а также развития академической мобильности студентов. Анастасия Касьянова
Студенты аграрного университета Туркменистана проходят стажировку в Ташкенте
В период с 22 июня по 4 июля студенты факультета механизации сельского хозяйства Туркменского сельскохозяйственного университета имени С.А. Ниязова проходят учебно-производственную практику в Ташкентском институте инженеров ирригации и механизации сельского хозяйства Республики Узбекистан. Главная цель стажировки – закрепление теоретических знаний на практике, совершенствование профессиональных навыков, обмен опытом, дальнейшее укрепление научно-образовательных связей между партнерскими вузами. В рамках двухнедельной практики для учащихся подготовлена насыщенная программа учебных и практических мероприятий, направленных на углубление знаний и расширение навыков в области аграрных и водохозяйственных инновационных технологий, а также приоритетных направлениях современной аграрной науки. Для студентов из Туркменистана ведущие профессора и преподаватели узбекского университета проводят тематические лекции. В ходе занятий особое внимание уделяется таким актуальным темам, как влияние глобального изменения климата на мелиоративное состояние сельхозугодий, расчет режимов орошения культур по специальным методикам ФАО, водосберегающие технологии, геоинформационные системы (ГИС) и инновационные методы дистанционного зондирования земли. Студенты участвуют в прикладных научных исследованиях в современных лабораториях института. Они самостоятельно выполняют лабораторные работы по проверке эффективности современных систем GPS, устанавливаемых на сельскохозяйственную технику, измерению теплопроводности защитных материалов и определению физико-механических свойств различных типов почв. В целях интеграции теоретических знаний и практической подготовки для студентов предусмотрены учебные экскурсии на ведущие предприятия агропромышленного и водохозяйственного секторов Узбекистана. В ходе поездок студенты детально знакомятся с опытом работы проектного института «UzGIP», компании «AGROMAX TEXNIC», «Школы водников», а также Республиканского центра испытаний и сертификации сельскохозяйственной техники и технологий. Помимо учебы и практики, программа визита включает культурные мероприятия - посещение достопримечательностей, культурных центров и музеев Ташкента. Напомним, что в период с 16 мая по 1 июня студенты Ташкентского института инженеров ирригации и механизации сельского хозяйства прошли аналогичную стажировку в Туркменском сельскохозяйственном университете имени С.А. Ниязова. Для узбекской делегации был организован теплый прием на высоком уровне и большая программа культурных и образовательных мероприятий. Взаимные стажировки студентов проходят ежегодно в рамках Соглашения о сотрудничестве между двумя вузами дружественных стран, подписанного в апреле 2018 года. Данные мероприятия, проводимые по программе академического обмена, во многом способствуют успешному развитию гуманитарных и дружественных туркмено-узбекских отношений, плодотворному обмену ценным опытом в области сельского хозяйства и аграрного образования и повышению качества подготовки будущих специалистов для АПК. Анастасия Касьянова
Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersiteti THE Sustainability Impact Ratings 2026 dünýä reýtingine girizildi
2026-njy ýylyň 24-nji iýunynda Beýik Britaniýanyň Times Higher Education (THE) agentligi tarapyndan ýokary okuw mekdepleriniň Birleşen Milletler Guramasynyň (BMG) Durnukly ösüş maksatlarynyň (SDG) 17-sine goşýan goşandyny bahalandyrýan THE Sustainability Impact Ratings 2026 dünýä reýtinginiň netijeleri yglan edildi. 2026-njy ýylda bu reýting ilkinji gezek THE Sustainability Impact Ratings ady bilen neşir edildi. Ozal ol THE Impact Rankings ady bilen çap edilýärdi we 2019-njy ýyldan bäri ýokary okuw mekdepleriniň durnukly ösüş ulgamyndaky işini bahalandyrýan iň abraýly halkara reýtingleriň biri hasaplanýar. 2026-njy ýylyň reýtingine dünýäniň 116 ýurdundan we sebitinden 1 646-a golaý ýokary okuw mekdebi gatnaşdy. Jemleýji reýtinge girizilmek üçin uniwersitetler BMG-niň Durnukly ösüş maksatlarynyň azyndan dördüsi boýunça maglumat hödürlemeli bolup, olaryň arasynda SDG 17 – «Durnukly ösüş üçin hyzmatdaşlyk» hökmany görkeziji bolup durýar. Türkmenistanyň ýokary bilim ulgamynyň taryhynda ilkinji gezek üç sany ýokary okuw mekdebi THE Sustainability Impact Ratings reýtinginiň sanawyna girizildi. Bu bolsa milli ýokary bilim ulgamynyň halkara derejesinde ykrar edilýändiginiň hem-de ýurtda durnukly ösüş ýörelgelerini durmuşa geçirmek boýunça alnyp barylýan işleriň netijeliliginiň aýdyň subutnamasydyr. Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersiteti 2022-nji ýyldan bäri, ýagny yzly-yzyna bäşinji ýyl, bu abraýly halkara reýtinge üstünlikli gatnaşyp, bilim, ylym, innowasiýa we halkara hyzmatdaşlygy ugurlarynda gazanan ýokary derejesini nobatdaky gezek tassyklady. 2026-njy ýylyň netijeleri boýunça uniwersitet aşakdaky görkezijilere eýe boldy: SDG 4 – «Hilli bilim»: dünýäde 401–600-nji orun (Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleriniň arasynda iň ýokary netije); SDG 7 – «Elýeterli we arassa energiýa»: 601–800-nji orun; SDG 9 – «Senagat, innowasiýalar we infrastruktura»: 601–800-nji orun; SDG 17 – «Durnukly ösüş üçin hyzmatdaşlyk»: we dünýä reýtingine girizildi. Geçen ýyl bilen deňeşdirilende uniwersitet SDG 4, SDG 7 we SDG 9 ugurlary boýunça öz görkezijilerini gowulandyrdy. Bu bolsa bilim işiniň, ylmy-barlaglaryň, halkara hyzmatdaşlygynyň, innowasion infrastrukturasynyň hem-de durnukly ösüş ýörelgeleriniň yzygiderli ösdürilýändigini görkezýär. Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň THE Sustainability Impact Ratings 2026 reýtingine gatnaşmagy uniwersitetiň alyp barýan işiniň durnukly ösüş babatda häzirki zaman halkara talaplaryna laýyk gelýändigini tassyklaýar hem-de onuň BMG-niň Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmäge goşýan goşandynyň halkara derejesinde ykrar edilýändiginiň nyşany bolup durýar. Gazanylan netijeler uniwersitetiň halkara abraýynyň mundan beýläk-de ýokarlanmagyna, daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen hyzmatdaşlygyň giňeldilmegine hem-de Türkmenistanyň ýokary bilim ulgamynyň dünýä bilim giňişligindäki bäsdeşlige ukyplylygynyň artmagyna ýardam eder. Yym-bilim ulgamyny döwrebaplaşdyrmak, halkara hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmak babatdaky taýsyz tagallalary, ýaş nesil hakynda edýän yzygiderli aladalary, döredip berýän mümkinçilikleri, şertleri üçin hormatly Prezidentimize hem-de Gahryman Arkadagymyza tüýs ýürekden sagbolsunlarymyzy aýdýarys. Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, il-ýurt bähbitli, döwlet ähmiýetli alyp barýan beýik işleri hemişe rowaçlyklara beslensin! Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersiteti
“BILIM” ŽURNALYNYŇ TÄZE SANY ÇAPDAN ÇYKDY
Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň “Bilim” ylmy-usuly žurnalynyň täze sany çapdan çykdy. Žurnalyň şu gezekki ýagny 2026-njy ýylyň 3-nji sany “Ýurdumyzyň bilim syýasaty” atly rubrika bilen açylýar. “Şanly seneleriň didaktiki mazmuny pedagogik işi guramakda gollanmadyr” atly makalada döwürleýin metbugata mahsus bolan ruhda üstümizdäki ýylyň maý-iýun aýlarynda döwlet derejesinde geçirilýän jemgyýetçilik çäreleriniň, toý-baýramlaryň giň many-mazmunyny beýan etmek hem-de şeýle çäreleriň ýaş nesli terbiýelemekdäki täsirini wagyz etmek maksadyndan ugur alynýar. Paýtagtymyzda we ýurdumyzyň ähli künjeklerinde ýokary baýramçylyk ruhunda dabaralaryň guralýandygy hem-de olaryň bilim işgärleriniň işiniň guramaçylyk mazmuny üçin uly ähmiýetiniň bardygy nygtalýar. Şol rubrikada “Halkara olimpiadasynda gazanylan uly ýeňiş” atly makala ýerleşdirilip, onda şu ýylyň 24-nji aprelinde Türkmenistanyň Bilim ministrliginde 2026-njy ýylyň 15 – 23-nji apreli aralygynda Russiýa Federasiýasynyň M.W.Lomonosow adyndaky Moskwa döwlet uniwersitetiniň guramagynda geçirilen 60-njy Halkara Mendeleýew himýa olimpiadasynda ýeňiş gazanan mekdep okuwçylarymyzy sylaglamak dabarasynyň bolandygy barada gyzykly maglumatlar, ýürek sözleri berilýär. Ýurdumyzyň bilim ulgamyny ösdürmekde halkara gatnaşyklarynyň ähmiýetine döwlt derejesinde uly üns berilýändigi mälimdir. Şunuň bilen baglanyşyklylykda neşir edilen “Pedagogik işgärleri taýýarlamakda halkara hyzmatdaşlygy: Russiýanyň we Türkmenistanyň bilelikdäki tejribesi” atly makala Tatarystanyň Naberežnyýe Çelny döwlet uniwersitetiniň Türkmenistanyň bilim edaralary bilen hyzmatdaşlygynyň tejribesine bagyşlanýar. Onda, hyzmatdaşlygyň 2009-njy ýyldan bäri geçen döwründe, şu okuw mekdebinde türkmen ýaşlarynyň ençemesiniň bilim alandygy bellenilýär. Halkara tejribesiniň, netijeli usulyýetleriň mazmuny beýan edilýär. Makalanyň ýazary agzalan döwürde şol uniwersitetde türkmen ýaşlarynyň 1000-den gowragynyň ýokary bilim alandygyny, 700-den gowrak türkmenpedagogynyň gatnaşmagynda hünäri ýokarlandyrmagyň üç basgançakly maksatnamasynyň, bilelikdäki okuw-usuly gollanmalaryň işlenip taýýarlanylandygyny, 1-nji synp okuwçylary üçin rus dili dersi boýunça wideosapaklaryň 70-siniň taýýarlanylandygyny, geljekde Naberežnyýe Çelny döwlet uniwersitetiniň Türkmenistanda bölümçesini açmaklygyň göz öňünde tutulýandygyny belleýär. Syýasy sahypalardan soňra, žurnalyň sahypalarynda ylmy makalalara giň orun berilýär. “Ylmy makalalar” atly rubrikada bilim ministiriniň “Seljuklarda bilim-terbiýe işiniň guralyşy” atly makalasy ýerleşdirilip, ol şu rubrikada berlen makalalaryň 13-sine bijebaşylyk edýär. Makalada Gahryman Arkadagymyzyň hem-de hormatly Prezidentimiziň öňe sürýän bilim we terbiýe hakdaky taglymatlary, üstünlikli amala aşyrylýan bilim özgertmeleri hem-de ýaş nesillere berilýän bilimiň türkmen halkynyň gadymyýetinden gözbaş alýandygy, pedagogik mekdebiniň üznüksizdigi, bitewüdigi, millidigi, döwrebapdygy, bilim işiniň dowamat-dowam bolmagynda aýratyn hyzmatynyň bardygy nygtalýar. Makalada Seljuklar döwründe bilim işiniň guralyşy takyk ylmy maglumatlar esasynda beýan edilip, şol tejribäniň şu günki günde bilim işinde eýeleýän ähmiýetli orny, onuň geçmişi, şu güni hem-de geljegi baglanyşdyrýandygy, atygsaýan ýaş kalby eziz ýurduna, mähriban halkyna söýgüden we wepalylyk duýgusyndan doly, maksady aýdyň Watan perzentlerini terbiýelemekdäki ähmiýeti nygtalýar. Ylmy makalalar rubrikasynda ýerleşdirilen “Mekdep okuwçylaryna berilýän bilimiň hilini bahalandyrmakda barlagnamalaryň orny we ähmiýeti” atly makalada okaýanlara berilýän bilimiň bahalandyrylmagy, geçirilýän barlagnamalara gatnaşyjylaryň görkezýän netijeleriniň deňeşdirmeleri, okuwçylaryň özbaşdak işläp bilmek endiklerini ösdürmegiň netijeli usullary baradaky (döwrebap işleýän mugallymlar üçin gyzykly boljak) maglumatlara giň orun berilýär. “Gahryman Arkadagymyzyň eserleriniň diliniň çeperçilik aýratynlygy” atly ylmy makalada türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň eserlerinde nusgawy edebi dil däpleriniň ýokary derejededigi buýsanç bilen bellenilýär. Onuň häzirki zaman türkmen diliniň leksik baýlygy bilen sazlaşýandygyny ýazar aýratyn hasaba alýar. Eserlerde metaforalaryň we epitetleriň ussatlyk bilen ulanylmagynyň Gahryman Arkadagymyzyň awtorlyk filosofiýasynyň örän çuňlugyny ýene-de bir gezek aýan edýändigine makalanyň ýazary okyjylaryň ünsüni çekýär. “Mahmyt Kaşgarlynyň “Diwany lugat at-türk” eserinde çagalar barada maglumat” atly makalada türki halklaryň gadymy gymmatly ýazuwly çeşmesine, sözlükdäki çagalar bilen baglanyşykly leksika üns berlipdir. “Mahmyt Kaşgarlynyň “Diwany lugat at-türk” eseriniň ähmiýetini düşündirmek ideýasy işiň içinden eriş-argaç bolup geçýär. Ylmy leksik düşündirişler makalanyň başyndan ahyryna çenli üznüksiz alnyp barlypdyr. Makalada XI asyrda ýazylan bu eseriň türki halklaryň taryhyny, medeniýetini, däp-dessurlaryny, ynançlaryny we jemgyýetçilik gurluşyny öwrenmekde ygtybarly çeşmedigi hem aýdylýar. “Gahryman Arkadagymyzyň eserlerinde syýasy-ahlak filosofiýasynyň beýany” atly makalada milli ahlak filosofiýasynyň türkmenleriň köp asyrlyk taryhy ösüşiniň täsirinde kemala gelendigi, onuň milli ruhy däp-dessurlaryň binýadyna esaslanýandygy bellenilýär. Bu filosofiýada “Döwlet adam üçündir!” diýen ýörelgä salgylanylýar, onda adalatlylygyň, watanperwerligiň, päk ýürekliligiň etiki nusgasy özüniň giňişleýin beýanyny tapýar. Ýene-de şol rubrikada ýerleşdirilen “Ylym adam maýasyny toplamagyň esasy şertidir” atly ylmy makalada jemgyýetde adam maýasyny toplamagyň esaslary görkezilýär. Ylmy mümkinçilikleriň yzygiderli ösdürilmegi hünärmenleriň ussatlygyk derejesini kesgitlemekde uly ähmiýete eýedir. Agzalan makalada ýokary tizlik bilen üýtgeýän dünýäde üstünlik gazanmak üçin, adam maýasynyň toplanylmagy, zerur bolan pikirleniş başarnygynyň kemala getirilmegi dogrusyndaky gymmatly pikirler beýan edilýär. “Mekdebe çenli terbiýe” atly rubrikada berlen makalalarda çagalarda kitap okamaga söýgini ösdürmegiň usullary dogrusynda makalanyň ýazarynyň hünärmen hökmünde sagdyn pikiraýtmalary bar. Şol rubrikadaky “Mekdebe çenli ýaşly çagalara zähmet endiklerini öwretmek ahlak terbiýesini kemala getirmegiň esasydyr” diýlip atlandyrylan makalada zähmet endiklerini öwretmek bilen ahlak terbiýesini kemala getirmegiň psihologik sazlaşygyna üns çekilýär, zähmetiň çaganyň akylynyň, duýgularynyň ösmegine, gyzklanmalarynyň artmagyna, gylyk-häsiýetiniň kemala gelmegine täsir edýändigi babtdaky pedagogik pikirlere giň orun berilýär. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň umumybilim edaralarynda bilimiň hili we mazmuny babatda düýpli özgertmeler geçirilýär. “Umumybilim berýän mekdep” atly rubrikada şol döwrebap özgertmeleri beýan edýän makalalar ýerleşdirilendir. Şular bilen baglanyşyklylykda, halk pedagogikasynda türkmen milli oýunlarynyň terbiýeçilik ähmiýeti, standart däl meseleleri çözmegiň aýratynlyklary, iňlis dilini öwretmekde interaktiw tagtadan peýdalanmak, halkara iňlis güni baradaky maglumatlara-da giň orun berilýär. “Ýokary bilim” atly rubrikada Magtymgulynyň döredijiligi – terbiýe mekdebi, ýokary okuw mekdeplerinde türkmen we iňlis dillerindäki atlaryň köplüginiň degşirme usuly arkaly öwredilişi, okuw sapaklarynda halk tanslaryny öwretmegiň usulyýeti, okuw sapaklarynda talyplaryň tankydy pikirlenmesini ösdürmekde emeli aňyň ähmiýeti, ýokary bilimde fizikany iňlis dilinde öwretmegiň usulyýeti baradaky ýerleşdirilen makalalarda bilim ulgamyny kämilleşdirmegiň häzirki zaman talaplaryndan ugur alynýar. Umuman aýdylanda, žurnalyň täze çapdan çykan 2026-njy ýylyň 3-nji sanynda sanynda ýurdumyzda üstünlikli amala aşyrylýan bilim syýasatynyň talaplarynda innowasion esasly, dünýä tejribesine esaslandyrylyp ösdürilýän milli bilim ulgamyny, onuň ösüp gelýän ýaş nesli giň dünýägaraýyşly, innowasion tehnologiýalary başarnykly dolandyrmaga ukyply, häzirki zaman özgerdişli senagat toplumlaryndan baş çykarmaga taýýar hünärmenleriň täze neslini kemala getirmekdäki ähmiýetli orny baradaky agramly makalalara giň orun berilýär. Şonuň ýaly-da, žurnalyň täze sanynyň sahypalarynda bilim işgärleriniň tutanýerli zähmeti öz beýanyny tapýar. “Bilim” žurnaly
Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň talyplary Hytaýyň nebit uniwersitetinde okuw-önümçilik tejribeligini geçýärler
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda hem-de türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň parasatly başlangyçlary netijesinde ýurdumyzyň bilim ulgamy dünýäniň ösen döwletleriniň bilim giňişligine işjeň goşulyşýar. Ýurdumyzda ylym-bilim ulgamyny döwrebaplaşdyrmak, halkara hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmak, sanly bilim tehnologiýalaryny ornaşdyrmak we milli bilimiň dünýä ülňülerine laýyklygyny üpjün etmek ugrunda giň gerimli işler amala aşyrylýar. Soňky ýyllarda halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmek, daşary ýurtlaryň abraýly ýokary okuw mekdepleri, ylmy merkezleri we kompaniýalary bilen özara bähbitli gatnaşyklary giňeltmek döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň birine öwrüldi. Bu babatda halkara bilim maksatnamalary uniwersitetiň professor-mugallymlary hem-de talyp ýaşlary üçin uly mümkinçilikleri döredýär. Türkmenistan döwletimiziň ykdysadyýetiniň esasy ugurlarynyň biri bolan nebitgaz pudagy halkara hyzmatdaşlygynyň esasyndaösen derejelere ýetdi. Ýurdumyzda hereket edýän önümçiliklerde ornaşdyrylan az galyndyly, energiýany tygşytlaýan tehnologiýalaryň esasynda halkara standartlara laýyk gelýän önümler öndürilýär. Ýurdumyzyň gazylyp alynýan ýerasty baýlyklaryň dürli görnüşlerine we gorlaryna eýe bolmagy himiýa, gazhimiýa, nebit senagatynyň we beýleki pudaklaryň ösüşine uly itergi berýär. Şonuň netijesinde ýurdumyzda ýangyç-energetika, senagat-önümçilik toplumlary yzygiderli gurulýar, giň möçberli maksatnamalar üstünlikli durmuşa geçirilýär. 2023-nji ýylda Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersiteti bilen Hytaýyň nebit uniwersitetiniň (Pekin şäheri) arasynda ylym-bilim ulgamynda hyzmatdaşlyk etmek boýunça özara düşünişmek hakynda Ähtnama baglaşyldy. 2026-njy ýylyň 16-njy aprelinde Hytaýyň Bilim ministrliginiň Hytaý-daşary ýurt dilleri alyş-çalyş we hyzmatdaşlyk merkeziniň, Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň we Hytaýyň nebit uniwersitetiniň arasynda energetika ulgamynda halkara hyzmatdaşlygyny ýola goýmak maksady bilen, bilelikdäki Türkmen-Hytaý energetika okuw merkezini döretmek barada Ylalaşyga gol çekildi. Ylalaşygyň çäklerinde Türkmenistanyň nebitgaz toplumy üçin ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamak, Hytaýyň Milli nebitgaz korporasiýasynyň tejribesi bilen tanyşmak we ugurdaş ýokary okuw mekdepleriň tejribesini öwrenmek maksady bilen, häzirki wagtda, ýagny şu ýylyň 29-njy iýuny 20-nji iýuly aralygynda mugallymyň ýolbaşçylygynda uniwersitetiň talyp ýaşlary Pekin şäherinde ýerleşýän Hytaýyň nebit uniwersitetinde okuw-önümçilik tejribeligini geçýärler. Üç hepdelik dowam edýän tomusky okuw-önümçilik tejribeligi üçin Hytaýyň nebit uniwersiteti tarapyndan ýörite meýilnama taýýarlanyldy. Meýilnama laýyklykda uniwersitetiň talyplary Hytaýyň nebit uniwersiteti, onuň okuw tejribehanalary, okuw merkezleri, muzeýleri, bilen tanyşýarlar. Talyp ýaşlarymyz tejribeligiň dowamynda Hytaýyň Milli nebitgaz korporasiýasyna (CNPC) we onuň önümçilik desgalaryna, Hytaýyň geologiýa muzeýine, Hytaýyň ylym we tehnika muzeýine, Beýik Hytaý diwaryna baryp görerler. Şeýle hem talyplar “Hytaý diliniň esaslary”, “Hytaý medeniýeti” boýunça hem-de “Ýaşyl energiýa, uglerod zyňyndylaryny azaltmak”, “Nebitiň we gazyň gelejegi”, “Ýüpek ýoly boýunça energetika hyzmatdaşlygyň gelejegi” atly gysga möhletli okuwlara gatnaşarlar. Okuw-önümçilik tejribeliginiň dowamynda talyplar okuw prosesine sanly tehnologiýalaryň giňden ornaşdyrylyşy, emeli aňyň bilim ulgamyndaky mümkinçilikleri, interaktiw okatmagyň usullary, ylmy-barlag işleriniň alnyp barlyşy, Hytaýyň nebit uniwersitetinde bilim alýan, hytaý talyplary we türkmen ýaşlary bilen ýakyndan tanyşýarlar hem-de tejribe alyşýarlar. Hytaýyň nebit uniwersiteti bilen baglaşylan Ähtnamanyň we Ylalaşygyň çäklerinde geçirilýän bu okuw-önümçilik tejribeliginiň talyp ýaşlaryň nazaryýetde alan bilimlerini önümçilikde pugtalandyrmaga, dünýäniň öňdebaryjy ylmy-bilim tejribelerini öwrenmäge, innowasion tehnologiýalary milli bilim ulgamyna ornaşdyrmaga hem-de halkara hyzmatdaşlygyny has-da giňeltmäge giň mümkinçilikleri döredýär. Netijede, bu okuw-önümçilik tejribeligi Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersiteti bilen daşary ýurtlaryň ugurdaş ýokary okuw mekdepleriniň, kompaniýalarynyň arasynda özara bähbitli hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine, ylym- bilim ulgamynda täze başlangyçlaryň ýola goýulmagyna, şeýle hem ýurdumyzyň bilim ulgamynyň halkara giňişligindäki abraýynyň has-da ýokarlanmagyna öz mynasyp goşandyny goşar. Bilim-terbiýeçilik edaralarynyň işini kämilleşdirmek, ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamak babatdaky taýsyz tagallalary, ýaş nesil hakynda edýän yzygiderli aladalary, döredip berýän mümkinçilikleri, şertleri üçin hormatly Prezidentimize hem-de Gahryman Arkadagymyza tüýs ýürekden sagbolsunlar aýdýarys. Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, il-ýurt bähbitli, döwlet ähmiýetli alyp barýan beýik işleri hemişe rowaçlyklara beslensin! Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersiteti
KOREÝ DILI HÜNÄRINIŇ TALYPLARY KOREÝA RESPUBLIKASYNDA OKUW TEJRIBELIGINI GEÇÝÄRLER
Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri instituty Aziýa sebitiniň öňdebaryjy ylym-bilim ojaklary bilen özara bähbitli gatnaşyklary yzygiderli giňeldýär. Häzirki wagtda dünýä dillerini çuňňur özleşdirýän ýaş hünärmenleriň amaly bilimlerini ýokary derejä çykarmak we olaryň dünýägaraýşyny baýlaşdyrmak maksady bilen, halkara derejeli täze başlangyçlar durmuşa ornaşdyrylýar. Şu nukdaýnazardan, «Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri instituty bilen Kangwon milli uniwersitetiniň arasynda ylym we bilim babatda hyzmatdaşlyk etmek barada Özara düşünişmek hakynda Ähtnamanyň» çäklerinde institutyň talyplary gündogar ýurduna ugradyldy. Resminamalara laýyklykda, 2026-njy ýylyň 29-njy iýunyndan 6-njy iýuly aralygynda Koreýa Respublikasynyň Çhunçhon şäherinde ýerleşýän Kangwon milli uniwersitetinde institutyň Gündogar dilleri we edebiýaty fakultetiniň koreý dili hünärinde bilim alýan, okuwda we jemgyýetçilik işlerinde uly üstünlikleri gazanan 6 sany talyp okuw tejribeligini geçýärler. Talyplaryň koreý dilini, medeniýetini öwrenmek we amaly endikleri kemala getirmek isleglerini özünde jemleýän maksatnamanyň çäklerinde institutyň talyplary çuňlaşdyrylan sözleýiş derslerini yzygiderli özleşdirýärler. Koreý we türkmen taraplarynyň bilim ulgamyndaky şeýle mümkinçilikleri geljekde iki ýokary okuw mekdebiniň arasynda sanly bilim mümkinçiliklerini birleşdirmäge, bilelikde halkara maslahatlary guramaga, professor-mugallymlaryň hünär tejribelerini kämilleşdirmäge we gündogarşynaslyk ylmyny täze derejä götermäge amatly binýat bolup hyzmat edýär. Munuň bilen birlikde, taraplaryň döwrebap bilim platformalarynda alyp barýan hyzmatdaşlygy talyplara diňe bir hünär amalyýetini däl, eýsem gündogaryň gadymy we baý medeniýeti, milli gymmatlyklary, asylly däp-dessurlary bilen içgin tanyşmaga-da giň ýol açýar. Şeýle innowasion tejribe alşylmagy geljekde bilelikdäki okuw maksatnamalaryny we elektron gollanmalary düzmekde, sanly maglumat ulgamlaryny özara utgaşdyrmakda hem-de iki ýurduň ýaş alymlarynyň arasynda ylmy we döredijilikli köprüleri gurmakda täze, taryhy sepgitleriň başlangyjy bolup durýar. Şeýle ýokary derejede guralýan halkara hyzmatdaşlyk talyplarymyzyň hünär taýdan kämilleşmegine uly itergi bermek bilen bir hatarda, Türkmenistan bilen Koreýa Respublikasynyň arasyndaky ylmy-ynsanperwer we dostlukly gatnaşyklaryň has-da durnukly ösmegine saldamly goşant goşýar. Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri instituty
Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň wekiliýeti Urumçy şäherinde iş saparynda boldy
Ýakynda Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň rektory O.Öwezsähedow, gündogar dilleri kafedrasynyň mugallymlary N.Hezziýewa we A.Allagulyýew türkmen wekiliýetiniň düzüminde Hytaý Halk Respublikasynyň Urumçy şäherinde geçirilen “Önümçilik, okuw, ylym we tejribe ugrunda hyzmatdaşlyk boýunça Merkezi Aziýa-Hytaý” maslahatyna gatnaşmak üçin iş saparynda boldular. Iş saparynyň dowamynda “Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň (Türkmenistan), Bilim ministrliginiň Halkara dil bilimi we hyzmatdaşlyk merkeziniň (Hytaý Halk Respublikasy) we Sinszýan mugallymçylyk uniwersitetiniň (Hytaý Halk Respublikasy) arasynda hytaý dilini okatmak çygryndaky hyzmatdaşlyk hakynda Çarçuwaly Ylalaşyga”, şeýle hem Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň we Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň rektorlarynyň gatnaşmagynda hytaý tarapy bilen üçtaraplaýyn Çarçuwaly ylalaşyklara gol çekildi. Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersiteti tarapyndan gol çekilen Ylalaşygyň çäklerinde bilelikdäki ylmy-barlag we bilim işlerini amala aşyrmaga gönükdirilen akademiki we ylmy hyzmatdaşlygy ýola goýmak we ösdürmek, medeni gatnaşyklary giňeltmek we şonuň bilen bitewi bilim, medeni we maglumat giňişligini kemala getirmek maksat edilýär. Bu ugurda öňde durýan wezipeleriň hatarynda bilim işini usulyýet taýdan üpjün etmek, mugallymlary we alymlary alyşmak, okuw gollanmalaryny bilelikdeişläp taýýarlamak, özara bähbitli ugurlar boýunça mugallymlaryň hünärini we bilim derejesini ýokarlandyrmak bilen bagly maksatnamalaryny durmuşa geçirmek, Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň hytaý dili mugallymlary üçin taýýarlyk hem-de hünäri ýokarlandyryş okuwlaryny guramak, özara bähbitli ugurlarda bilelikdäki ylmy barlaglary ýola goýup, akademiki çäreleri bilelikde geçirmek we ylmy, usuly makalalary neşir etmek ýaly işleri durmuşa geçirmek meýilleşdirilýär. Bu Ylalaşyklara gol çekilmegi Türkmenistan bilen Hytaý Halk Respublikasynyň arasynda öňden gelýän oňyn hyzmatdaşlyk gatnaşyklarynyň nobatdaky beýany boldy. Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersiteti
Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň mugallymlary ERASMUS+ maksatnamasynyň çäginde geçirilen maslahata gatnaşdylar
Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň ekologiýa kafedrasynyň müdiri Ş.Aşyrmyradowa we şol kafedranyň mugallymy E.Perdäýew 22 – 26-njy iýun aralygynda Gyrgyz Respublikasynyň Bişkek şäherinde geçirilen «Merkezi Aziýada howa durnuklylygy we howpsuzlygy üçin suw pudagynda ýokary bilimi pugtalandyrmak» (HWCA) atly taslamanyň jemleýji maslahatyna gatnaşdylar. Maslahat Almaty şäherindäki Gazak-Nemes uniwersitetiniň guramagynda Ýewropa Komissiýasynyň Brýussel şäherindäki Bilim, okatmagyň audiowizual serişdeleri we medeniýet baradaky ýerine ýetiriji agentliginiň (EACEA) ERASMUS+ maksatnamasynyň çäginde geçirildi. Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersiteti
Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynda syýasy söhbetdeşlik geçirildi
2026-njy ýylyň iýun aýynyň 29-na Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynda syýasy söhbetdeşlik geçirildi. Söhbetdeşligiň dowamynda «Türkmenistanda ýokary hünär bilimini ösdürmegiň 2026-2052-nji ýyllar üçin Strategiýasyny» amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň 2026-njy ýyl üçin meýilnamasynyň ýerine ýetirilişi barada birnäçe çykyşlar diňlenildi. Söhbetdeşlik dolulygyna «Altyn asyr - Türkmenistan» teleýaýlymy tarapyndan ýazgy edildi. Söhbetdeşligiň ahyrynda oňa gatnaşyjylar ýurdumyzda ylym-bilimi kämilleşdirmekde, halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmekde, ýaşlary ýokary derejeli hünärmenler edip ýetişdirmekde bimöçber tagallalary edýän Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş hem-de hoşallyk sözlerini beýan etdiler. Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş instituty
Täze taryhy döwürde ýokary hünär bilimini ösdürmekde türkmen-hytaý hyzmatdaşlygynyň strategik ugurlary
Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň hoşniýetli we ynsanperwer syýasaty Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyz tarapyndan üstünlikli durmuşa geçirilýär. Ýurdumyzda dünýä döwletleri hem-de halklary bilen müňýyllyklardan gözbaşyny alýan parahatsöýüjilikli özara ynanyşmak häsiýetine eýe bolan dost-doganlyk gatnaşyklary täze taryhy döwürde hil taýdan ýokary derejä çykarylýar. 2026-njy – «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda Gahryman Arkadagymyzyň Hytaý Halk Respublikasyna bolan saparynyň dowamynda gazanylan ylalaşyklaryň hem-de ýurdumyzda Türkmenistan bilen Hytaýyň gaz pudagyndaky hyzmatdaşlygynyň 20 ýyllygynyň dabarasyna bagyşlanyp geçirilen ýokary derejedäki çärelerde öňe sürlen pikirleriň netijesinde iki döwletiň arasynda dostluk we hyzmatdaşlyk gatnaşyklary täze sepgitlere gadam basdy. Gahryman Arkadagymyz “Ömrümiziň manysynyň dowamaty” atly kitabynda: “Türkmenistan bilen Hytaý Halk Respublikasynyň arasyndaky gatnaşyklar hemmetaraplaýyn strategik häsiýeti, uzak möhletleýinligi, iki ýurduň we sebitiň halklarynyň bähbitlerine gönükdirilenligi bilen tapawutlanýar” diýip belläp geçýär. Bu bolsa gözbaşyny taryhyň jümmüşinden alyp gaýdýan türkmen-hytaý gatnaşyklaryny häzirki zaman jemgyýetinde tutýan wajyp ornuny kesgitleýär. Ýurdumyzda ylym, bilim, önümçilik baglanyşygyny we olaryň bitewüligini berkitmekde we hünäriniň ussady bolan hünärmenleri taýýarlamakda halkara hyzmatdaşlygyna uly ähmiýet berilýär. Ýaş hünärmenleri döwrebap derejede taýýarlamaklygy kämilleşdirmek bilen baglanyşykly öňdebaryjy halkara tejribesini öwrenmek maksady bilen, ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň hünärmenlerinden düzülen wekiliýetler daşary ýurtlarda iş saparynda bolýarlar. 2026-njy «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany» ýylynyň 25-26-njy iýunynda ýurdumyzyň mugallymçylyk ugurly ýokary okuw mekdepleriniň 3-siniň, Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň, Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň we Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň ýolbaşçylary we hünärmenleri “Önümçilik, okuw, ylym we tejribe ugrunda hyzmatdaşlyk boýunça Merkezi Aziýa – Hytaý” maslahatyna gatnaşmak üçin Hytaý Halk Respublikasynyň Urumçi şäherinde iş saparynda boldular. Hytaýyň Halkara Sergiler merkezinde “Sanly aň-bilimiň mümkinçiliklerini giňeldýär, Ýüpek ýoly – geljegi baglanyşdyrýar” şygary astynda geçirilen forumyň açylyş dabarasynda çykyş eden ýokary okuw mekdeplerimiziň wekilleri bilim, ylym, önümçilik bitewüligini gazanmakda ýurdumyzda toplanan oňyn tejribeleri öz daşary ýurtly kärdeşleri bilen paýlaşdylar. Umumy mejlisiň dowamynda Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň, Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň we Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň Hytaý Halk Respublikasynyň Bilim ministrliginiň Halkara dil bilimi we hyzmatdaşlyk merkezi hem-de Sinszýan mugallymçylyk uniwersiteti bilen hyzmatdaşlyk etmek hakynda üçtaraplaýyn Çarçuwaly ylalaşyga gol çekmek dabarasynyň geçirilmegi bu forumyň işine has-da uly ähmiýet berdi. Forumyň işi 26-njy iýunynda ylmy maslahatlar görnüşinde dowam etdirildi. Bilimiň, ylmyň we önümçiligiň dürli ugurlaryna bagyşlanan bäş sany ylmy maslahat Urumçi şäheriniň iri bilim ojaklarynda alnyp baryldy. Hususan-da Hytaý-Merkezi Aziýa sebitini öwreniş ylmyna, şeýle hem, hytaý dilini okatmagyň usulyýetine bagyşlanan halkara ylmy maslahat Sinszýan mugallymçylyk uniwersitetinde geçirildi. Maslahatyň umumy mejlisinde we bölümlerinde çykyş eden türkmen hünärmenleri ýurdumyzda milli mirasy we ählumumy taryhy öwrenmekde döredilýän oňyn şertler we daşary ýurt dillerini okatmagyň usulyýetiniň kämilleşdirilişi hem-de bu ugurlar boýunça milli bilim ulgamynda ýetilen sepgitler barada çykyş etdiler. Maslahatyň dowamynda daşary ýurtly hünärmenler bilen toplanan tejribeler alşyldy we halkara hyzmatdaşlygynyň anyk ýollary maslahatlaşyldy. Halkara ylmy forumyň işi ýurdumyzda bilim ulgamyny kämilleşdirmekde halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmek üçin ähli şertleriň döredilýändigine we hünäriniň ussady bolan ýaş mugallymlary taýýarlamakda hil taýdan täze derejä çykylýandygynyň aýdyň subutnamasy boldy. Gelejegiň ussat mugallymlaryny taýýarlamakda ýola goýlan hyzmatdaşlygyň bilelikde alnyp baryljak ýol kartasyny ara alyp maslahatlaşmakda türkmen-hytaý wekilýetiniň ikitaraplaýyn duşuşygy aýratyn ähmiýetli boldy. Taraplaryň ileri tutýan ugurlaryň, olaryň döwrebaplygy we türkmen-hytaý hyzmatdaşlygynyň bilim, ylym we ynsanperwer ugurlarynyň Gahryman Arkadagymyzyň döwletli başlangyçlaryna esaslanýan, hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallasy netijesinde ösüşlere beslenýän dostlukly ýoly rowaçlandyrjak netijeleriniň boljakdygyna uly ynam bildirdiler. Çünki, häzirki zaman şertlerinde durmuşyň beýleki ugurlary bilen bir hatarda bilim ulgamynda türkmen-hytaý hyzmatdaşlygynyň yzygiderli ösdürilmegi “Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022-2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynda”, «Türkmenistanda ýokary hünär bilimini ösdürmegiň 2026-2052-nji ýyllar üçin Strategiýasynda» kesgitlenen wezipeleri amala aşyrmak bilen milli ykdysadyýetimiziň pudaklary üçin ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamakda mynasyp orna eýe bolup durýar. Ýokary okuw mekdepleriniň wekiliýeti ýokary hünär bilimini ösdürmek bilen öndebaryjy tejribeleri öwrenmekde, milli bilim ulgamynda gazanylan üstünlikleri paýlaşmakda, ýurdumyzda bilimiň hil we mazmun taýdan has-da kämilleşdirmegi ugrunda edýän tagallalary üçin türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza we hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş we hoşallyk sözlerini beýan etdiler. Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri instituty
Erasmus+ maksatnamasynyň çäklerinde halkara tejribe alyşmakda ylmy hyzmatdaşlyk ösdürilýär
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda hem-de türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň parasatly başlangyçlary netijesinde ýurdumyzyň bilim ulgamy dünýäniň ösen döwletleriniň bilim giňişligine işjeň goşulyşýar. Ýurdumyzda ylym-bilim ulgamyny döwrebaplaşdyrmak, halkara hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmak, sanly bilim tehnologiýalaryny ornaşdyrmak we milli bilimiň dünýä ülňülerine laýyklygyny üpjün etmek ugrunda giň gerimli işler amala aşyrylýar. Soňky ýyllarda halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmek, daşary ýurtlaryň abraýly ýokary okuw mekdepleri we ylmy merkezleri bilen özara bähbitli gatnaşyklary giňeltmek döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň birine öwrüldi. Bu babatda halkara bilim maksatnamalary türkmen ýokary okuw mekdepleriniň professor-mugallymlary hem-de talyplary üçin uly mümkinçilikleri döredýär. Şunuň bilen baglylykda, 2026-njy ýylyň iýun aýynyň 20-30-y aralygynda Bolgariýa Respublikasynyň Ruse şäherindäki Angel Knçew adyndaky Ruse uniwersitetinde Ýewropa Bileleşiginiň Erasmus+ maksatnamasynyň çäklerinde ýokary okuw mekdepleriniň professor-mugallymlarynyň arasynda okatmagyň netijeli usullaryny we innowasion iş tejribelerini ösdürmek, özara tejribe alyşmak hem-de ylmy hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak maksady bilen halkara çäreler geçirilýär. Bolgariýanyň demirgazygynda, Dunay derýasynyň kenarynda ýerleşýän Angel Knçew adyndaky Ruse uniwersiteti ýurduň öňdebaryjy köpugurly ýokary okuw mekdepleriniň biri bolup, 1945-nji ýylda döredilen hem-de döwletiň paýtagty – Sofiýadan daşarda açylan ilkinji ýokary tehniki okuw mekdebi hökmünde tanalýar. Häzirki wagtda uniwersitet Ruse, Razgrad, Silistra we Widin sebitlerinde bilim hem-de ylmy işleriň iri merkezleriniň biri bolup, onuň düzüminde sekiz fakultet, birnäçe ylmy-barlag merkezleri we sebit şahamçalary hereket edýär. Uniwersitet inženerçilik, maglumat tehnologiýalary, tebigy ylymlar, ykdysadyýet, hukuk, saglygy goraýyş hem-de pedagogika ýaly ugurlar boýunça ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlaýar. Şeýle hem uniwersitet Erasmus+ maksatnamasy boýunça 200-den gowrak hyzmatdaşlyk şertnamalaryny amala aşyryp, Ýewropanyň, Aziýanyň we Amerikanyň onlarça döwletleriniň ýokary okuw mekdepleri bilen netijeli hyzmatdaşlygy alyp barýar. Uniwersitetiň halkara derejesindäki işjeňligi onuň Ýewropa Bilim we Ylmy Gözlegler Giňişligine üstünlikli goşulyşandygyny görkezýär. Bu halkara çärelere Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň mugallymlary – Gadam Akmyradow, Aýna Nurmyradowa we Oguljan Akmyradowa iş saparynda bolup, halkara okuw maslahatyna gatnaşýarlar. Saparyň esasy maksady – ýokary bilim ulgamynda häzirki zaman pedagogiki çemeleşmeleri öwrenmek, okatmagyň innowasion usullary boýunça tejribe alyşmak, sanly bilim tehnologiýalaryny ornaşdyrmak boýunça öňdebaryjy tejribeleri öwrenmek hem-de halkara ylmy hyzmatdaşlygy giňeltmekden ybarat. Iş saparynyň ilkinji gününde dünýäniň on döwletinden, ýagny Albaniýa, Alžir, Müsür, Fransiýa, Iordaniýa, Çernogoriýa, Marokko, Tunis, Türkmenistan we Türkiýe ýaly döwletleriň ýokary okuw mekdepleriniň on üçüsinden wekilleriň gatnaşmagynda açylyş dabarasy geçirildi. Çärä gatnaşyjylar öz ýokary okuw mekdepleriniň bilim, ylym we innowasiýa ugurlarynda gazanan üstünlikleri, halkara hyzmatdaşlyk tejribeleri hem-de häzirki wagtda durmuşa geçirilýän taslamalar barada ýörite taýýarlanan prezentasiýalar bilen çykyş etdiler. Duşuşyklaryň dowamynda okuw prosesine sanly tehnologiýalary giňden ornaşdyrmak, emeli aňyň bilim ulgamyndaky mümkinçilikleri, garyşyk we sanly okuw modelleri, interaktiw okatmagyň usullary, ylmy-barlag işleriniň netijeliligini ýokarlandyrmak hem-de ýokary okuw mekdepleriniň halkara bäsdeşlige ukyplylygyny artdyrmak bilen bagly meseleler ara alnyp maslahatlaşylýar. Iş saparynyň çäklerinde guralýan “CompSysTech'26” (“International Conference on Computer Systems and Technologies”) atly kompýuter ulgamlary we tehnologiýalary boýunça halkara ylmy maslahat bolsa, dürli ýurtlardan gelen alymlary, gözlegçileri hem-de professor-mugallymlary bir ýere jemledi. Maslahatda emeli aň, maglumat ulgamlary, programma üpjünçiligi, sanly transformasiýa, kiberhowpsuzlyk, bulut tehnologiýalary, maglumat-kommunikasiýa ulgamlary hem-de kompýuter ulgamlarynyň kämilleşdirilmegi bilen bagly ylmy barlaglaryň netijeleri giňişleýin ara alnyp maslahatlaşylýar. Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň wekilleri hem maslahatyň işine işjeň gatnaşyp, ýokary bilim ulgamynda sanly tehnologiýalary ulanmak, innowasion pedagogiki çemeleşmeler, ylmy-barlag işleriniň netijeliligini ýokarlandyrmak hem-de häzirki zaman bilim gurşawyny döretmek boýunça öz tejribelerini paýlaşýarlar. Şeýle hem daşary ýurtly alymlar bilen geljekde bilelikdäki ylmy taslamalary amala aşyrmak, akademiki alyş-çalyş maksatnamalaryny giňeltmek hem-de ylmy hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça pikir alyşýarlar. Ýewropa Bileleşiginiň Erasmus+ maksatnamasynyň çäklerinde geçirilýän bu halkara çäreler professor-mugallymlaryň hünär derejesini ýokarlandyrmaga, dünýäniň öňdebaryjy ylmy-bilim tejribelerini öwrenmäge, innowasion tehnologiýalary milli bilim ulgamyna ornaşdyrmaga hem-de halkara hyzmatdaşlygyny has-da pugtalandyrmaga giň mümkinçilikleri döredýär. Netijede, bu iş sapary Türkmenistanyň Döwlet energetika instituty bilen daşary ýurtlaryň ýokary okuw mekdepleriniň arasynda özara bähbitli hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine, ylmy we bilim ugurlarynda täze başlangyçlaryň ýola goýulmagyna, şeýle hem ýurdumyzyň bilim ulgamynyň halkara giňişligindäki abraýynyň has-da ýokarlanmagyna öz mynasyp goşandyny goşar. Türkmenistanyň Döwlet energetika instituty
Aşgabatda «Hytaýyň Ilçisiniň stipendiýasy» sylagyny gowşuryş dabarasy geçirildi
Hytaý Halk Respublikasynyň Türkmenistandaky Ilçihanasynda hytaý dilini, medeniýetini we hytaý halkynyň däp-dessurlaryny öwrenmäge uly gyzyklanma bildirýän Türkmenistanyň okuwçylaryna we talyplaryna «Hytaýyň Ilçisiniň stipendiýasy» sylagyny gowşurmak dabarasy geçirildi. Bu başlangyç türkmen-hytaý hyzmatdaşlygyny bilim, ylym, medeniýet we ýaşlar alyşmalary ulgamlarynda mundan beýläk-de berkitmäge möhüm goşant bolup durýar. Sylag zehinli ýaşlary goldamaga, daşary ýurt dillerini öwrenmäge bolan gyzyklanmany höweslendirmäge, şeýle hem iki dostlukly ýurduň arasyndaky ynsanperwer gatnaşyklary ösdürmäge gönükdirilendir. Türkmenistanyň we Hytaý Halk Respublikasynyň Baştutanlarynyň öňdengörüjilikli syýasaty, özara ynanyşmagy hem-de hemişelik ünsi netijesinde iki ýurduň arasyndaky diplomatik gatnaşyklar yzygiderli berkidilýär we has-da durnukly, okgunly häsiýete eýe bolýar. Dostluk, deňhukuklylyk, özara hormat goýmak we bähbitli hyzmatdaşlyk ýörelgelerine esaslanýan türkmen-hytaý hyzmatdaşlygy häzirki wagtda bilim, ylym, medeniýet, ýaşlar alyşmalary we ynsanperwer gatnaşyklar ýaly köp ugurlar boýunça üstünlikli ösdürilýär. Dabaranyň dowamynda Hytaý Halk Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Ji Şumin sylaga mynasyp bolanlary gutlap, Türkmenistan bilen Hytaýyň arasynda bilim ulgamyndaky hyzmatdaşlygyň yzygiderli ösdürilýändigini belledi. Şeýle hem hytaý dilini öwrenmegiň ýaşlar üçin bilim almak, akademiki alyşmalara gatnaşmak, dünýägaraýşyny giňeltmek we halklaryň arasynda özara düşünişmegi pugtalandyrmak babatda täze mümkinçilikleri açýandygy nygtaldy. Türkmenistanyň Bilim ministrligi Hytaý Halk Respublikasy bilen bilim ulgamyndaky hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge aýratyn ähmiýet berýär. Bilim iki döwletiň arasyndaky ynsanperwer dialogyň möhüm ugurlarynyň biri bolup, ýokary hünärli hünärmenleri taýýarlamak, ýokary okuw mekdepleriniň arasyndaky gatnaşyklary giňeltmek, tejribe alyşmak we bilelikdäki bilim başlangyçlaryny durmuşa geçirmek üçin berk binýat bolup hyzmat edýär. Türkmen ýaşlarynyň hytaý dilini öwrenmäge we Hytaý Halk Respublikasynyň ýokary okuw mekdeplerinde bilim almaga bildirýän gyzyklanmasynyň barha artmagy aýratyn ähmiýete eýedir. Bu ýagdaý Hytaýyň bilim ulgamyna bolan ynamyň ýokarydygyny, şeýle hem bilimiň iki ýurduň arasyndaky dostlugyň möhüm köprüsi hökmünde ornunyň barha artýandygyny görkezýär. «Hytaýyň Ilçisiniň stipendiýasy» sylagynyň gowşurylmagy Türkmenistan bilen Hytaýyň arasyndaky ynsanperwer hyzmatdaşlygyň okgunly ösdürilýändiginiň aýdyň beýany boldy. Şeýle başlangyçlar medeniýetara dialogy pugtalandyrmaga, ýaşlar üçin bilim mümkinçiliklerini giňeltmäge we Türkmenistan bilen Hytaý Halk Respublikasynyň arasyndaky hemmetaraplaýyn strategik hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge ýardam berýär. Türkmenistanyň Bilim ministrligi iki ýurduň arasyndaky bilim hyzmatdaşlygynyň geljekde-de yzygiderli berkidiljekdigine, ýaş nesil üçin täze mümkinçilikleri açjakdygyna, özara düşünişmegi çuňlaşdyrjakdygyna hem-de Türkmenistanyň we Hytaýyň halklarynyň arasyndaky dostlukly gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmäge hyzmat etjekdigine ynam bildirýär.
Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň wekilleri CDIO 2026 halkara maslahatyna gatnaşýar
Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň wekilleri Beýik Britaniýanyň Liwerpul şäherindäki Liwerpul uniwersitetinde 2026-njy ýylyň 22–25-nji iýuny aralygynda geçirilýän CDIO 2026 22-nji halkara maslahatyna gatnaşýarlar. Türkmen wekiliýetiniň düzümine Kiberfiziki ulgamlar kafedrasynyň uly mugallymy Yslam Orazow hem-de «Oguz han» ylmy tehnologiýalar merkeziniň direktory Ahal Akgaýew girýärler. Maslahatyň esasy temasy «Talyplaryň hünär taýdan ösüşini kämilleşdirmek: bahalandyrmada we pikir-berişde innowasiýa» bolup, ol inženerçilik biliminde täzeçil bahalandyrma usullaryny, netijeli pikir-beriş ulgamyny we talyplaryň hünär başarnyklaryny ösdürmek meselelerine bagyşlanýar. CDIO 2026 halkara maslahatyna dünýäniň 27 ýurdundan 71 ýokary okuw mekdebiniň 157 wekili gatnaşdy. Maslahat inženerçilik biliminde öňdebaryjy tejribeleri alyşmak, innowasion okuw usullaryny ara alyp maslahatlaşmak we halkara akademik hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin möhüm meýdança boldy. Halkara çärede Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň wekilleri çykyş edip, uniwersitetde alnyp barylýan ylmy işler, kiberfiziki ulgamlar we häzirki zaman tehnologiýalary boýunça tejribelerini hödürlediler. Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersiteti 2023-nji ýylyň martynda Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ýokary okuw mekdepleriniň arasynda ilkinji bolup CDIO guramasynyň doly hukukly agzasy boldy. Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersiteti
HYYweÖU Finlýandiýa bilen hyzmatdaşlygy ösdürýär
Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetinde halkara hyzmatdaşlygy ösdürmek ugrunda nobatdaky möhüm waka bolup geçdi. Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersiteti bilen Finlýandiýanyň HAUS Döwlet Dolandyryş Instituty hem-de Laurea Amaly Ylymlar Uniwersitetiniň arasynda Özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekmek dabarasy göni wideoaragatnaşyk arkaly geçirildi. Bu resminama ýokary bilim, ylmy-barlag işleri, sanly bilim tehnologiýalary, akademiki alyş-çalyş maksatnamalary hem-de mugallymlaryň we talyplaryň hünär taýýarlygyny kämilleşdirmek ugurlarynda hyzmatdaşlygy giňeltmäge gönükdirilendir. Şeýle hem taraplaryň arasynda bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmek, halkara tejribäni alyşmak we innowasion başlangyçlary goldamak üçin täze mümkinçilikler açylar. Soňky ýyllarda hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda we Gahryman Arkadagymyzyň başyny başlan giň gerimli özgertmeleriniň netijesinde Türkmenistanda bilim ulgamynyň halkara abraýy barha ýokarlanýar. Ýokary okuw mekdepleriniň dünýäniň öňdebaryjy bilim merkezleri bilen ýola goýýan hyzmatdaşlygy munuň aýdyň subutnamasydyr. Gol çekişlik dabarasy Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň halkara hyzmatdaşlygyny täze derejä çykarmaga, bilim we ylym ulgamynda özara bähbitli gatnaşyklary has-da pugtalandyrmaga möhüm goşant goşar. Gazanylýan bu oňyn netejiler ýurdumyzda kabul edilen «Türkmenistanda ýokary hünär bilimini ösdürmegiň 2026-2052-nji ýyllar üçin Strategiýasynyň» amala aşyrylmagynyňň aýdyn subutnamasydr. Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersiteti
Bilim ministrliginde Yrak Respublikasynyň wekili bilen duşuşyk geçirildi
2026-njy ýylyň 25-nji iýunynda Türkmenistanyň Bilim ministrliginde Türkmenistanyň bilim ministri J.Gurbangeldiýewiň Yrak Respublikasynyň Türkmenistandaky Ilçihanasynyň işleri wagtlaýyn ynanylan wekili Jassim Mohammed Al-Attar bilen duşuşygy geçirildi. Duşuşygyň dowamynda Türkmenistan bilen Yrak Respublikasynyň arasynda bilim, ylym we medeni-ynsanperwer ugurlarda hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmegiň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Taraplar iki ýurduň arasyndaky dostlukly gatnaşyklaryň pugtalandyrylmagynda bilim ulgamyndaky hyzmatdaşlygyň möhüm ähmiýete eýedigini bellediler. Şeýle hem ýokary okuw mekdepleriniň arasynda gatnaşyklary giňeltmek, tejribe alyşmak we bilelikdäki başlangyçlary durmuşa geçirmek boýunça mümkinçilikler barada pikir alyşyldy. Duşuşygyň ahyrynda taraplar özara bähbitli hyzmatdaşlygy dowam etdirmäge we bilim ulgamyndaky gatnaşyklary täze many-mazmun bilen baýlaşdyrmaga taýýardyklaryny tassykladylar. Türkmenistanyň Bilim ministrligi
ÄHLI ÇAGALAR ÜÇIN DEŇ MÜMKINÇILIKLER
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda ýurdumyzyň bilim ulgamynda innowasion özgertmeler üstünlikli durmuşa geçirilýär. Ýaş nesliň döwrebap bilim almagy, olaryň jemgyýetde mynasyp orun eýelemegi we ähli çagalar üçin deň mümkinçilikleriň döredilmegi döwlet syýasatynyň möhüm ugurlarynyň biri bolup durýar. Ýaňy-ýakynda Türkmenistanyň Saglygy dikeldiş okuw-terbiýeçilik toplumlarynyň kör we çala görýän mekdep ýaşly çagalar bölümleriniň I synpy üçin ilkinji gezek “Informatikanyň esaslary” (awtorlary: L.Ruliýewa, J.Annamyradowa, O.Mämmetgulyýewa, H.Baýramowa, W.Çernikowa, S.Wolkowa) okuw kitaby Türkmen döwlet neşirýat gullugy tarapyndan neşir edildi. Bu möhüm işe Aşgabat şäheriniň Saglygy dikeldiş okuw-terbiýeçilik toplumynyň kör we çala görýän çagalar bölüminiň tejribeli mugallymlary hem işjeň gatnaşdylar. Okuw kitaby çagalaryň görüş-kabul ediş aýratynlyklary nazara alnyp taýýarlanyldy. Onda iri şriftler, ýokary kontrastly bezegler, ýörite duýujy elementler hem-de uýgunlaşdyrylan şekiller ulanylyp, okuwçylaryň okamak, ýazmak we sanamak endiklerini netijeli özleşdirmegine giň mümkinçilik döredýär. Şeýle hem okuw kitabyny taýýarlamak işinde adaptasiýalaşdyrylan pedagogika ugrunyň hünärmenleri, dizaýnerler we maglumat elýeterliligi boýunça bilermenler bilen ýakyn hyzmatdaşlyk alnyp baryldy. Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň Okuw kitaplaryny taýýarlamak we neşir işleri bölümi
Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň mugallymlary Pekin şäherinde ýerleşýän Hytaýyň nebit uniwersitetinde hünär derejesini kämilleşdiriş okuwlaryny geçýärler
Ylym-bilim ulgamynda ýakyndan hyzmatdaşlyk etmek boýunça Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersiteti bilen Hytaýyň nebit uniwersitetiniň arasynda 2023-nji ýylda özara düşünişmek hakynda Ähtnama baglaşyldy. 2026-njy ýylyň 16-njy aprelinde Hytaýyň Bilim ministrliginiň Hytaý-daşary ýurt dilleri alyş-çalyş we hyzmatdaşlyk merkeziniň, Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň we Hytaýyň nebit uniwersitetiniň arasynda energetika ulgamynda halkara hyzmatdaşlygyny ýola goýmak maksady bilen, bilelikdäki Türkmen-Hytaý energetika okuw merkezini döretmek barada Ylalaşyga gol çekildi. Ylalaşygyň çäklerinde Türkmenistanyň nebitgaz toplumy üçin ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamak, ugurdaş ýokary okuw mekdepleriň tejribesini öwrenmek maksady bilen, 2026-njy ýylyň 21-28-nji iýuny aralygynda Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň mugallymlary Pekin şäherinde ýerleşýän Hytaýyň nebit uniwersitetinde hünär derejesini kämilleşdiriş okuwlaryny geçýärler. 2026-njy ýylyň 22-nji iýunynda Hytaýyň nebit uniwersitetinde Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň professor-mugallymlary üçin hünär derejesini kämilleşdiriş okuwlarynyň resmi açylyş dabarasy geçirildi. Okuwlar Türkmen-Hytaý energetika okuw merkeziniň çäklerinde gurnalýar. Dabara Türkmenistanyň Hytaý Halk Respublikasyndaky Ilçihanasynyň wekilleri, Hytaýyň nebit uniwersitetiniň ýolbaşçylary we mugallymlary, şeýle hem Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň mugallymlary gatnaşdylar. Çykyşlarda iki ýurduň arasynda bilim, ylym we ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamak ugurlarynda alnyp barylýan hyzmatdaşlygyň üstünlikli ösdürilýändigi bellenilip geçildi. Şeýle hem türkmen-hytaý strategik gatnaşyklarynyň ýokary derejesi aýratyn nygtaldy. Geçirilen iş duşuşyklarynda degişli ugurlar boýunça bilimiň hilini has-da ýokarlandyrmak, nebit-gaz pudagyna degişli ýokary okuw mekdepleriň arasynda özara tejribe alyşmagy giňeltmek hem-de täze bilelikdäki bilim we ylym taslamalaryny durmuşa geçirmek bilen bagly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. Duşuşykdan soňra Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň mugallymlary we Ilçihananyň wekilleri Hytaýyň nebit uniwersitetinde bilim alýan Türkmenistanly talyplar bilen duşuşyk geçirdiler. Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersiteti
“Türkmen-malaý hyzmatdaşlygy hakyky we jogapkärli ösüşiň kepili” atly syýasy söhbetdeşlik
2026-njy ýylyň iýun aýynyň 19-na Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen ýurdumyza sapar bilen gelen dostlukly Malaýziýanyň Premýer-ministri Anwar Ibrahimiň arasynda geçirilen ikitaraplaýyn gepleşikler iki ýurduň hyzmatdaşlygynyň ähmiýetini aýdyň aýan etdi. Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzda, döwletlerimiziň arasyndaky bähbitli gatnaşyklaryň 30 ýyllygy bellenilýän günlerinde Premýer-ministr Anwar Ibahimiň Türkmenistana amala aşyrýan ilkinji saparyna iki döwletiň taryhynda möhüm waka hökmünde garalýandygyny belläp, bu saparyň türkmen-malaý gatnaşyklaryny mundan beýläk-de berkitmäge täze itergi berjekdigine berk ynam bildirdi. Nebitgaz pudagy türkmen-malaý gatnaşyklarynyň strategik ugry bolup durýar. Malaýziýanyň “PETRONAS” kompaniýasy ýurdumyzyň ýakyn hyzmatdaşlarynyň ilkinjileriniň birine öwrüldi. Hormatly Prezidentimiz bu kompaniýanyň gatnaşmagynda ýakyn wagtda Hazar deňziniň türkmen böleginde uglewodorodlaryň täze ýataklaryny özleşdirmek, Hazaryň geljegi uly nebitgaz toplumlarynda gözlegleri geçirmek boýunça giň göwrümli işleriň başlanjakdygyny belledi. Hakykatdan hem Türkmenistanyň we Malaýziýanyň hyzmatdaşlygynyň ägirt uly kuwwatynyň dünýäniň ösüşine hyzmat etmek mümkinçilikleri bar. 2026-njy ýylyň 19-njy iýunynda paýtagtymyzda Söwda-senagat edarasynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň hem-de Malaýziýanyň Premýer-ministri Anwar Ibrahimiň gatnaşmagynda “Türkmenistan – Malaýziýa nebitgaz pudagynda özara bähbitli hyzmatdaşlyga 30 ýyl” atly halkara ylmy-amaly maslahat hem-de onuň çäklerinde türkmen-malaý hyzmatdaşlygyna bagyşlanan sergi guraldy. Döwlet Baştutanymyz maslahatda eden çykyşynda nebitgaz türkmen-malaý hyzmatdaşlygynda “PETRONAS” kompaniýasynyň uly ornuny belläp, bu düzüm ýurdumyzda işlän ýyllarynda Türkmenistanyň nebitgaz senagatyna 12 milliard amerikan dollaryna golaý möçberinde maýa goýumyny goýandygyny aýtdy. Garaşsyzlyk ýyllarynda biziň ýurdumyz Malaýziýanyň we beýleki ýurtlaryň belli kompaniýalary bilen hyzmatdaşlyk esasynda kuwwatly energetiki döwlete öwrüldi. Malaýziýanyň Premýer-ministri 30 ýylyň dowamynda “PETRONAS” kompaniýasynyň ýurdumyzyň nebitgaz pudagyny ösdürmäge goşan goşandy barada durup geçip: “Bu üstünlik iň esasy binýada - ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamak işine esaslanýar. Tejribe alyşmak, hünärmenleri taýýarlamak iki döwlet üçin hem wajyp ähmiýete eýedir. Şu günki günde Türkmenistan we “PETRONAS” hakyky, ygtybarly hem-de uzakmöhletleýin hyzmatdaşlygyň ajaýyp nusgasyny bütin dünýä äşgär edýärler” diýip hem-de Magtymguly şahyryň: “Köňüller, ýürekler bir bolup başlar; Tartsa ýygyn, erär topraklar, daşlar” diýen şahyrana setirleriň şu günki duşuşygyň düýp manysyny açyp görkezýändigini ak ýürekden nygtady. Çykyşlarda bellenilşi ýaly, şu maksat bilen deňizde 5 sany platforma guruldy we 40-a golaý gözleg, bahaberiş we ulanyş guýylary burawlandy. Şu işleriň netijesinde häzirki wagtda uglewodorod serişdeleriň uly gorlary açyldy. Şolaryň hatarynda “Magtymguly”, “Diýarbekir, “Garagol Deňiz” ýaly ýataklar özleşdirilýär. Ýakyn wagtda “Öwez” we “Maşrykow” ýataklaryny senagat taýdan özleşdirmek meýilleşdirilýär. Hazar deňizinde bilelikde işlenen döwürde 44 milliard kub metrden gowrak tebigy gazyň, 16 million tonna suwuk uglewodorodyň çykarylmagy “PETRONAS” kompaniýasy bilen türkmen hyzmatdaşlarynyň gazanan üstünlikleriniň biri boldy. Hormatly Prezidentimiz hem-de Malaýziýanyň Premýer-ministri bilelikde türkmen-malaý hyzmatdaşlygyna bagyşlanan sergä baryp, Türkmenistan bilen “PETRONAS” kompaniýasynyň 30 ýyllygyna bagyşlanan pawilionynda giňişleýin açylyp görkezilen hyzmatdaşlygyň esasy netijeleri, öňdebaryjy tehnologiýalaryň önümçilige ornaşdyrylyşy, uglewodorod serişdelerini çuňňur gaýtadan işlemek ulgamynda bilelikde durmuşa geçirilýän uzak möhletleýin taslamalaryň önümçilige ornaşdyrylyşynyň barşy bilen tanyşdylar we kompaniýanyň Türkmenistanyň ýangyç-energetika toplumyny döwrebaplaşdyrmaga goşandyny ýokary bahaladylar. Şonda gazanylan tejribäniň senagat taýdan hyzmatdaşlygy has-da giňeltmek üçin berk binýat durýandygyny aýratyn bellediler. Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersiteti
Türkmenistanyň ýokary okuw mekdebiniň talyby halkara bäsleşikde ýeňiji boldy
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň talyby Kadyrberdi Artykow Gazagystan Respublikasynyň Astana şäherinde geçirilen «GDA döwletleriniň iň gowy talyby» atly ýaşlaryň halkara bäsleşiginde ýeňiji boldy. Bäsleşigiň guramaçylary hökmünde «Parasat» Gazagystan milli bilim we innowasiýalar merkezi «Жаңа Казахстан» Respublikan innowasion merkezi bilen bilelikde çykyş etdiler. Giň gerimli ylmy-döredijilik taslamasy Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna gatnaşyjy döwletleriň ýokary okuw mekdepleriniň ýüzlerçe zehinli talyplaryny birleşdirdi. Ýiti bäsdeşlik şertlerinde geçirilen ýaryşda ýurdumyzyň talyby halkara akademik giňişliginde Türkmenistanyň abraýyny artdyrdy. Emin agzalaryň pikiri boýunça ýurdumyzyň talyby ylym-bilimini, başarnyklaryny, maksada okgunlylygyny we döredijilik işjeňligini görkezdi. Mundan başga-da Kadyrberdiniň GDA döwletleriniň ýaşlar syýasatyna goşant goşmagy aýratyn bellenip geçildi. Emin agzalarynyň karary boýunça Kadyrberdi Artykow bäsleşigiň ýokary derejeli baýragy bolan I derejeli diploma eýe boldy. Şeýle-de ol «GDA döwletleriniň iň gowy talyby» diýen döşe dakylýan nyşan we ýörite şahadatnama bilen sylaglandy. Bu halkara derejedäki üstünlige Türkmenistanyň institutynyň ýaş hünärmeni we tejribeli halypa mugallymlarynyň bilelikdäki irginsiz çeken zähmeti esasynda ýetildi. «Жаңа Казахстан» Respublikan innowasion merkeziniň müdiri, bäsleşigiň guramaçy komitetiniň ýolbaşçysy B.N.Salimgereýew Kadyrberdi Artykowyň ylmy ýolbaşçysyna ýurdumyzyň bilim we ylym ulgamyna goşandy, halypalygy we irginsiz zähmeti üçin aýratyn hoşallyk bildirdi. Bu sözler ýene bir gezek halkara akademik jemgyýetiniň türkmen mugallymçylyk we ylmy mekdebine goýýan hormatyny tassyklady. Bu abraýly bäsleşik GDA döwletleriniň zehinli talyplaryny ýüze çykarmak we sylaglamak, olara goldaw bermek, olaryň arasynda tejribe paýlaşmak, olaryň ylymda, döredijilikde we jemgyýetçilik durmuşynda ösmegi üçin höwes döretmek maksady bilen ýylda geçirilýän täsirli ýaryş meýdanyna öwrüldi. Türkmenistan döwletimiziň talybynyň bu bäsleşikde ýeňiji bolmagy ýurdumyzyň professional taýýarlygyna, giň dünýägaraýyşyna, döredijilik başarnyklaryna we bäsleşige ukyplylygyna şaýatlyk edýän ýeňişleriň biri boldy. Anastasiýa Kasýanowa
Türkmenistanyň bilim ministriniň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet medeni gatnaşyklary pugtalandyrmak we kreatiw industriýalary ösdürmek boýunça halkara maslahata gatnaşdy
2026-njy ýylyň 18-nji iýunynda Sankt-Peterburg şäherinde medeni gatnaşyklary pugtalandyrmak we kreatiw hem-de döredijilik industriýalaryny ösdürmek boýunça halkara maslahat geçirildi. Maslahata Türkmenistanyň bilim ministri Jumamyrat Gurbangeldiýewiň ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýeti gatnaşdy. Halkara maslahatyň dowamynda Russiýa Federasiýasynyň Hökümetiniň Başlygy Mihail Mişustin, Belarus Respublikasynyň Premýer-ministri Aleksandr Turçin, Gazagystan Respublikasynyň Premýer-ministri Olžas Bektenow, Gyrgyz Respublikasynyň Ministrler Kabinetiniň Başlygy — Gyrgyz Respublikasynyň Prezidentiniň Administrasiýasynyň ýolbaşçysy Adylbek Kasymaliýew, Täjigistan Respublikasynyň Premýer-ministri Kohir Rasulzoda, Özbegistan Respublikasynyň Premýer-ministri Abdulla Aripow, şeýle hem Türkmenistanyň bilim ministri Jumamyrat Gurbangeldiýew çykyş etdiler. Maslahat medeni gatnaşyklary pugtalandyrmak, umumy taryhy-medeni mirasy gorap saklamak, döwletara ynsanperwer dialogy ösdürmek, şeýle hem kreatiw we döredijilik industriýalaryny häzirki zaman halkara hyzmatdaşlygynyň möhüm ugry hökmünde ilerletmek meselelerine bagyşlandy. “Medeniýetleriň özara gatnaşygy: häzirki zaman dünýäsinde mirasy gorap saklamak we ählumumy dialog” atly umumy mejlisiň dowamynda gatnaşyjylar halkara hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýyny we geljekki mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar. Şunda umumy taryhy-medeni mirasy gorap saklamaga, ynsanperwer gatnaşyklary pugtalandyrmaga, döwletara dialogy ösdürmäge hem-de üýtgeýän halkara ýagdaýynda hyzmatdaşlygyň döwrebap gurallaryny kemala getirmäge aýratyn üns berildi. Maslahatyň maksatnamasynda “Medeniýetara dialog: däpler, häzirki zaman manylary we hyzmatdaşlygyň täze görnüşleri” atly panel ara alyp maslahatlaşmasy hem aýratyn orun eýeledi. Onuň dowamynda kinematografiýa, teatr sungaty, kitaphana we muzeý işi, aýdym-saz medeniýeti, şeýle hem döredijilik bilimi ulgamlarynda hyzmatdaşlygyň häzirki ugurlary we geljekki mümkinçilikleri boýunça pikir alşyldy. Bu ugurda umumy medeni mirasy gorap saklamak, hünär we institusional gatnaşyklary pugtalandyrmak, bilelikdäki taslamalary goldamak, medeni alyş-çalyşlary giňeltmek hem-de jemgyýetiň häzirki zaman talaplaryna laýyk gelýän hyzmatdaşlygyň täze görnüşlerini işläp taýýarlamak meselelerine aýratyn ähmiýet berildi. “Kreatiw industriýalar halkara hyzmatdaşlygyň gün tertibinde” atly panel ara alyp maslahatlaşmasynda bolsa bilermenler bitewi medeni we ykdysady giňişligi döretmek, ýokary eksport mümkinçiliklerine eýe bolan bilelikdäki taslamalary ösdürmek, kreatiw başlangyçlary goldamak hem-de üstünlikli tejribeleri döwletara derejede ýaýbaňlandyrmak boýunça tagallalary birleşdirmegiň ýollaryny ara alyp maslahatlaşdylar. Şeýle hem häzirki sanly dünýäde kreatiw industriýalaryň halklaryň medeni koduny gorap saklamakdaky ähmiýeti, zehinleri, däpleri we tehnologiýalary birleşdirmek arkaly bäsdeşlige ukyply täze medeni önümleri döretmegiň zerurlygy nygtaldy. Türkmenistanyň bilim ministri Jumamyrat Gurbangeldiýew öz çykyşynda 2026-njy ýylda Türkmenistanyň GDA-da başlyklyk etmeginiň çäklerinde medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga, taryhy-medeni mirasy gorap saklamaga, döwletara dialogy ösdürmäge we hyzmatdaşlygyň döwrebap görnüşlerini ilerletmäge aýratyn ähmiýet berilýändigini belledi. Türkmenistana mahsus bolan “açyk gapylar” syýasatyna we hemişelik Bitaraplyk hukuk derejesine daýanyp, ýurdumyzyň medeniýeti halklary birleşdirýän, ynamy, özara düşünişmegi we hormaty pugtalandyrýan “altyn köpri” hökmünde garaýandygy nygtaldy. Türkmen wekiliýetiniň bu halkara çärä gatnaşmagy ýurdumyzyň medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygy ösdürmäge, halklaryň arasyndaky dostlugy we özara düşünişmegi berkitmäge, şeýle hem GDA giňişliginde bilelikdäki başlangyçlary goldamaga yzygiderli ygrarlydygyny aýdyň görkezýär. Türkmenistanyň 2026-njy ýylda GDA-da başlyklyk etmegi bilen baglylykda, ynsanperwer dialogy ilerletmäge, ruhy-medeni mirasy gorap saklamaga, bilim, ylym, medeniýet we kreatiw industriýalary uzak möhletleýin hyzmatdaşlygyň möhüm ugurlary hökmünde ösdürmäge aýratyn ähmiýet berilýär. Türkmen tarapy özara bähbitli hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge, medeni alyş-çalyşlary giňeltmäge, bilelikdäki taslamalary goldamaga, şeýle hem gatnaşyjy ýurtlaryň medeniýet we bilim edaralarynyň, döredijilik jemgyýetleriniň arasynda hünär gatnaşyklaryny pugtalandyrmaga gyzyklanma bildirýändigini tassyklady. Türkmenistanyň Bilim ministrligi
ÝOKARY OKUW MEKDEPLERI ÜÇIN ÇAP EDILENTÄZE OKUW KITAPLARY WE OKUW GOLLANMASY
Ýokary okuw mekdeplerinde geljegimizi gurujy ýaşlara – talyplara döwrebap hünär, kesp-kär öwretmekde ähli şertler döredilýär, döwlet ýolbaşçylarydyr professor-mugallymlar tarapyndan uly aladalar edilýär. Şeýle aladalaryň biri-de döwrebap okuw kitaplary bilen üpjünçilik meselesidir. Häzirki wagtda 2025-2026-njy okuw ýyly tamamlanyp, tomusky synag möwsümi gyzgalaňly dowam edýär. Synaglara taýýarlanmak üçin bolsa, gymmatly maglumatlary özünde jemleýän döwrebap okuw kitaplarynyň ähmiýetini hiç bir zat çalşyp bilmez. Şeýle ähmiýetli birnäçe okuw kitaplarydyr okuw gollanmasynyň çap edilip, talyplar üçin elýeterli edilmegi örän guwandyryjy derwaýys waka bolup durýar. Ýakynda çap edilen “Pudagyň tehnologik proseslerini awtomatlaşdyrmak. II kitap” okuw kitabynda (awtorlary: B.Mämmedow, P.Ýalkapow – A.: Ylym, 2026, 432 s.) önümçiligi we tehnologik prosesleri dolandyrmagyň esaslary, olaryň düzüm shemalary, tehnologik prosesleriň görnüşleri we aýratynlyklary görkezilýär. Dürli pudaklaryň, ýagny himiýa-dökün öndürýän, gurluşyk, nebit-gaz, azyk senagaty, ýylylyk üpjünçiligi pudaklarynyň awtomatlaşdyrylyşyna seredilýär. Kitapda pudaklaryň awtomatlaşdyrylyşynyň funksional shemalary görkezilýär we olaryň beýany getirilýär. Şeýle sanly ulgamlaryň önümçilikde we tehnologik prosesleri awtomatlaşdyrmakda ulanylyşy görkezilýär. Bu okuw kitaby tehniki ugurly ýokary okuw mekdepleriniň awtomatlaşdyrmak hünärleri boýunça okaýan talyplara niýetlenilendir, şeýle hem ondan şol ugurdan işleýän ähli işgärler hem peýdalanyp bilerler. “Binagärlikde materiallaryň öwrenilişi” okuw kitabynda (awtorlary: B.Mämmedow, Ý.Myradow, B.Guwanjow, B.Serdarow, A.Garajaýew – A.: Ylym, 2026, 232 s.) bolsa, ýurdumyzyň senagat pudagynyň kärhanalarynda öndürilýän gurluşyk materiallarynyň häsiýetleriniň öwrenilişi beýan edilýär hem-de olaryň taslama esasynda jaýlaryň we desgalaryň düzüminde ýerleşdirilişi bilen tanyşdyrylýar. Okuw kitaby ýerli çig mallaryň esasynda gurluşyk materiallarynyň önümçiligi we binagärlik çözgütleriniň talaplary baradaky maglumatlary hem öz içine alýar. Bu okuw kitaby ýokary okuw mekdepleriniň binagärlik ugry boýunça bilim alýan talyplary üçin niýetlenilendir. Ondan gurluşyk ugrundan bilim alýan talyplar we gurluşyk materiallaryny öndürýän kärhanalaryň hünärmenleri hem gollanma hökmünde peýdalanyp bilerler. “Pudakda hasaba alyş we seljerme” okuw kitabynda (awtorlary: O.Halmyradowa, O.Gödekowa, D.Mürrikow, M.Jumaýew – A.: Türkmen döwlet neşirýat gullugy, 2026, 246 s.) buhgalterçilik hasaba alnyşynyň, hojalyk işiniň seljermesiniň nazaryýetine, oba hojalyk we senagat pudaklarynyň hojalyk amallarynyň hasaba alnyşyna hem-de seljermesine degişli temalara giňişleýin seredilýär. Okuw kitaby girişden, “Buhgalterçilik hasaba alnyşy” we “Ykdysady seljermäniň nazaryýeti” atly iki bölümden, her bölümde 8 bap ýerleşdirilip, jemi 16 bapdan, peýdalanylan edebiýatlaryň sanawyndan ybarat. “Tikin önümleriniň tehnologiýasy” okuw kitaby (awtorlary: G.Karaýewa, M.Hydyrowa, L.Bekbaýewa – A.: Türkmen döwlet neşirýat gullugy, 2026, 308 s.) tikin önümçiliginde, hususy tikin kärhanalarynda, modeller öýünde taýýarlanylýan dürli görnüşdäki tikin önümlerini taýýarlamagyň toplumyny we tikin önümlerini öndürmekde tikiniň her bir tehnologiýasynyň ýerine ýetirilişiniň usullarynyň inçe ýollaryny, tikin önümleriniň täze görnüşlerini öndürmekligiň her bir tehnologiýasyny innowasion enjamlarda kämilleşdirmegiň ugurlary jikme-jik beýan edilýär. Okuw kitabynda şu ugur boýunça dünýäniň internet maglumatlary we tikinçilik pudagynda zähmet çekýän ýokary bilimli hünärmenleriň teklipleri nazarda tutulyp, tehnologiýany giňişleýin açyp görkezýän çyzgylary, suratlary, tablisalary, ýazgy maglumatlaryny öz içine alýar. Okuw kitaby ýokary okuw mekdepleriniň Tikinçilik önümçiliginiň tehnologiýasy hünäri boýunça bilim alýan talyplar üçin niýetlenen. Muňa garamazdan, ondan beýleki degişli orta hünär okuw mekdepleriniň talyplary, tikin önümçiligi senagatyna degişli kärhanalarda, dokma toplumlarynda, modeller öýünde zähmet çekýän hünärmenler hem peýdalanyp bilerler. “Zoogigiýena” okuw kitabynda (awtory: T.Garlyýew – A.: Türkmen döwlet neşirýat gullugy, 2026, 328 s.) giriş, zoogigiýena dersi we onuň iş usullary, atlaryň, itleriň, gara mallaryň, dowarlaryň, düýeleriň, doňuzlaryň, guşlaryň saklanyşynyň gigýenasy, ýurdumyzda broýler önümçiligi, hind towukçylyk önümçiligi, ördekleriň, gazlaryň, sesarkalaryň, bedeneleriň, düýeguşlaryň, kepderileriň, towşanlaryň, sütükli ýyrtyjy haýwanlaryň saklanyşynyň gigiýenasy, emeli suw howdanlarynda (çukurlarda) balyklaryň ösdürilip ýetişdirilişiniň gigiýenasy, oba hojalyk mallary (guşlar) bir ýerden başga bir ýere ulaglarda ýa-da sürlüp äkidilende berjaý edilmeli weterinariýa-sanitariýa we gigiýenik talaplar, goşmaçalar, at barada nakyllar we atalar sözi, it barada nakyllar we peýdalanylan edebiýatlaryň sanawy ýerleşdirilipdir. “Arap dilinde işlik derejeleri” atly okuw gollanmasynyň (awtory: O.Öwezsähedow – A.: Ylym, 2026, 208 s.) çap edilmegi ýurdumyzda arap dilini öwrenmäge giň mümkinçilikleriň döredilýändiginiň, ýokary bilimli hünärmenleri taýýarlamaga uly ähmiýet berilýändiginiň özboluşly subutnamasydyr. Türkmen we arap dilleri diňe bir gelip çykyşy boýunça däl, eýsem, gurluşy we morfologik aýratynlyklary nukdaýnazaryndan hem dürli dil toparyna degişli. Arap dili öz gurluşy taýdan türkmen dilinden tapawutlanýan hem bolsa, sebitdäki giň ýaýran dillerden tapawutlylykda bu diller özboluşly umumylyklara eýedir. Şol umumylyklary ýüze çykarmak talyplara arap dilini öwrenmekde ýeňillikleri döredýär. Arap diliniň işlik derejelerini öwrenmek türkmen, türk, pars we beýleki gündogar dillerini öwrenýän hünärmenler üçin hem gyzyklydyr. Işlik hereket, zaman we şahs ýaly çylşyrymly düşünjeleri aňladýandygy sebäpli, onuň bir dilden beýleki dile geçmegi örän seýrek hadysadyr. Şol sebäpli arap dilindäki dürli derejedäki işlikleriň iş atlary (masdarlar) beýleki gündogar dillerine hem geçipdir. Iş atlarynyň yzyna kömekçi işlikleriň goşulmagy arkaly goşma işlikler ýasalypdyr. Arap dilinde sözleriň aglaba köplüginiň (iş ady, ortak işlik, kär-hünär aňladýan atlar we ş.m.) işliklerden ýasalýandygy, işlikleriň manysy netijesinde özboluşly many meýdançasynyň emele gelýändigi sebäpli, arap işlik derejelerini oňat bilmek bu dili öwrenmegiň möhüm şertleriniň biridigi äşgär görkezilýär. Okuw gollanmasy ýokary okuw mekdepleriniň arap dili mugallymlaryna, arap dili we edebiýaty hünäriniň talyplaryna hem-de arap dili bilen gyzyklanýan giň okyjylar köpçüligine niýetlenendir. Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň Okuw kitaplaryny taýýarlamak we neşir işleri bölümi
Wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi
2026-njy ýylyň iýun aýynyň 17-ne Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Mary welaýat Geňeşiniň bilelikde guramagynda «Maşgala mukaddesligi» atly wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi. Duşuşyga Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Mary welaýat Geňeşiniň wekilleri, institutyň mugallymlary we talyp ýaşlary gatnaşdylar. Duşuşygyň dowamynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Hormatly Prezidentimiziň «Biz ata-enelerimiziň we maşgalanyň mukaddesligini arşa göterýän halkdyrys!» diýen parasatly sözlerinden ugur alyp, ilatyň arasynda milli däplerimize we umumadamzat ýörelgelerine laýyklykda jemgyýetimiziň esasy gymmatlygy bolan maşgala mukaddesligini gorap saklamaga, sagdyn durmuş ýörelgelerini, nesil terbiýesini, ata-babalarymyzyň Watana, maşgala ojagyna wepalylyk, türkmeniň edim-gylymy, däp-dessury, ene topraga, türkmen diline, medeniýetine bolan uly söýgi, zähmetsöýerlik, päk zähmete ygrarlylyk ýaly ýörelgelerini wagyz etmek boýunça birnäçe çykyşlar diňlenidi. Duşuşygyň ahyrynda oňa gatnaşyjylar türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş hem-de hoşallyk sözleri beýan etdiler. Türkmenistanyň Döwlet energetika instituty
Syýasy söhbetdeşlik geçirildi
2026-nji ýylyň iýun aýynyň 18-ne Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynda syýasy söhbetdeşlik geçirildi. Söhbetdeşlige institutyň mugallymlary gatnaşdylar. Söhbetdeşligiň dowamynda 2024-nji ýylyň dekabr aýynyň 18-19-na Türkmenistanyň Döwlet energetika instituty bilen Malaýziýanyň Tenaga milli uniwersitetiniň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähitnama gol çekilendigi barada, Ähitnamanyň çäklerinde geçirilen maslahatlar, ýerine ýetirilen işler, geçirilen duşuşyklar we ýakyn günlerde Malaýziýanyň Premýer-ministriniň Türkmenistana iş saparyna gelmegi bilen baglanyşykly birnäçe çykyşlar diňlenildi. Söhbetdeşlik dolulygyna «Ýaşlyk» teleýaýlymy tarapyndan teleýazgy edildi. Söhbetdeşligiň ahyrynda oňa gatnaşyjylar ýurdumyzda ylym-bilimi kämilleşdirmekde, halkara gatnaşyklary ýokarlandyrmakda, halkara bilermenler bilen tejribe alyşmakda, ýaşlary ýokary derejesinde hünärmenler edip ýetişdirmekde bimöçber tagallalary edýän Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş hem-de hoşallyk sözlerini beýan etdiler. Türkmenistanyň Döwlet energetika instituty
Dabaraly çäre geçirildi
2026-njy ýylyň iýun aýynyň 18-ine Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynda Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygyryýet güni mynasybetli «Şygyryýet ummany Pyragy bilen, ösýär diýarymda türkmen medeniýeti» atly aýdym-sazly baýramçylyk çäresi geçirildi. Baýramçylyk mynasybetli türkmeniň milliligini ýaýbaňlandyrmak maksady bilen muzeý gymmatlyklarynyň, gadymy şaý-sepleriniň sergisi uly ruhubelentlikde gurnaldy. Dabaranyň dowamynda institutyň mugallymlarynyň hem-de talyp ýaşlarynyň gatnaşmaklarynda Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygyryýet güni mynasybetli ata-babalarymyzdan, ene-mamalarymyzdan gelýän medeni däp-dessurlarymyz, millilik barada birnäçe söhbetdeşlikler hem geçirildi. Dabaradyň dowamynda institutyň “Kuwwat” aýdym-saz toparynyň çeper höwesjeň talyp ýaşlarynyň ýerine ýetirmeginde Watanymyzy, türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzy, Arkadagly Gahryman Serdarymyzy wasp edýän birnäçe aýdymlara we tanslara tomaşa edildi. Dabaranyň ahyrynda oňa gatnaşyjylar döredilýän ähli mümkinçilikler üçin Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş hem-de hoşallyk sözlerini beýan etdiler. Türkmenistanyň Döwlet energetika instituty
Döwlet akkreditasiýasy hakynda şahadatnama berildi
Türkmenistanyň Prezidentiniň 2024-nji ýylyň 2-nji fewralynda çykaran 849-njy karary bilen tassyklanan «Bilim işiniň döwlet akkreditasiýasy hakynda Düzgünnama», Türkmenistanyň Bilim ministriniň 2024-nji ýylyň 14-nji iýunyndaky 209 belgili buýrugy bilen tassyklanan «Bilim edaralarynyň hukuk ýagdaýyna (kysymyna we görnüşine), okaýanlaryň taýýarlanyşynyň mazmunynyň we hiliniň döwlet bilim standartlaryna laýyklygyna akkreditasiýa seljermesini geçirýän seljeriş toparynyň işiniň Tertibine» laýyklykda işlenilip taýýarlanylan hem-de bilim edaralaryny döwlet akkreditasiýasyndan geçirmegiň ýeke-täk usulyýet çemeleşmesinden ugur alyp, Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynda Döwlet akkreditasiýasy geçirildi. Döwlet akkreditasiýasy hakyndaky şahadatnamanyň goşundysynda görkezilen “Awtomatlaşdyrylan ulgamlaryň maglumat howpsuzlygynyň toplumlaýyn üpjünçiligi” hünäriniň hünärmen maksatnamasy boýunça bilim işiniň Döwlet akkreditasiýasy hakynda 2026-njy ýylyň 4-nji iýunynda № 00003 belgili şahadatnamasy berildi. Türkmenistanyň Döwlet energetika instituty
Bilim edaralaryna halkara ölçeglere laýyk döwlet akkreditasiýasy hakynda şahadatnamalar gowşuryldy
Şu gün paýtagtymyzda ýurdumyzyň bilim ulgamynda ähmiýetli çäre geçirildi. Onda döwlet akkreditasiýasyndan üstünlikli geçen bilim edaralaryna şahadatnamalary gowşurmak dabarasy boldy. Bu waka milli bilim ulgamynda hili üpjün etmegiň halkara ölçeglere laýyk gelýän täze basgançaga çykandygynyň resmi beýanyna öwrüldi. Dabarada Türkmenistanyň bilim ministrliginiň ýolbaşçylary çykyş edip, ýygnananlary milli ylym-bilim ulgamyndaky sepgit bilen gutlady hem-de bu çäräniň Gahryman Arkadagymyzyň we Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda durmuşa geçirilýän guramaçylyk, hukuk we institusional özgertmeleriň bir bitewi ulgama birigen aýdyň netijesidigini aýratyn nygtadylar. Milli akkreditasiýa ulgamynyň kemala gelmegi soňky ýyllarda durmuşa geçirilen yzygiderli özgertmeleriň logiki dowamydyr. 2020-nji ýylda kabul edilen döwlet bilim standartlary esasynda, 2021–2024-nji ýyllar aralygynda müňden gowrak hünär we taýýarlyk ugurlary boýunça okuw maksatnamalary döwrebaplaşdyryldy. Ýurdumyzy 2022–2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna laýyklykda, milli akkreditasiýa ulgamyny döretmek wezipesi döwlet strategiýasynyň möhüm bölegine öwrüldi. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow tarapyndan 2024-nji ýylyň 2-nji fewralynda kabul edilen «Bilim işiniň döwlet akkreditasiýasy hakynda Düzgünnama» bolsa bu ugurda bitewi hukuk esasyny goýdy. Şondan soňra degişli ölçegler we meýilnamalar doly tassyklanyp, 2026-njy ýylda ulgam doly iş ýagdaýyna getirildi. Ilkinji ýyllyk meýilnama laýyklykda, bilimiň dürli basgançaklaryna wekilçilik edýän jemi 8 sany bilim edarasy akkreditasiýadan geçmek üçin ýüz tutdy. Bilermenler tarapyndan geçirilen giňişleýin, obýektiw we talapkär seljermeleriň netijesinde olaryň 6-sy şahadatnama almaga mynasyp boldy. Şahadatnama alan edaralaryň hatarynda Aşgabat şäheriniň daşary ýurt dillerini çuňlaşdyryp öwredýän ýöriteleşdirilen 74-nji «Bagtyýar nesiller» orta mekdebi, 29-njy orta mekdebi, Hydyr Derýaýew adyndaky mugallymçylyk mekdebi, Mary welaýat maliýe-ykdysady orta hünär okuw mekdebi, Türkmenistanyň Döwlet energetika instituty hem-de Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika instituty bar. Akkreditasiýanyň diňe ýokary bilim däl, eýsem umumy we orta hünär bilim edaralaryny hem gurşap almagy ýurtda bitewi hil medeniýetiniň döredilýändigini subut edýär. Milli bilim standartlarynyň Ýewropa ýokary bilim giňişliginiň logikasyna, UNESCO-nyň klassifikasiýalaryna hem-de Lissabon konwensiýasynyň ýörelgelerine laýyk getirilmegi, türkmen biliminiň dünýä derejesindäki hil ölçegleriniň ýokarlanmagyna şert döretdi. Milli bilimiň binýadynyň güýçlenmegi sanlarda hem aýdyň görünýär. 2020-nji ýylda halkara ylmy žurnallarda 963 makala çap edilen bolsa, 2025-nji ýylda bu görkeziji 13 müň 960-a ýetdi. Scopus we Web of Science bazalaryndaky makalalar 40 esse, ýokary okuw mekdepleriniň patentleri 21 esse artdy. Mundan başga-da, 2025-nji ýylda ýurdumyzyň 14 ýokary okuw mekdebi Times Higher Education, 12-si bolsa UI GreenMetric halkara reýtinglerine girdi. Döwlet akkreditasiýasy hakynda şahadatnama 5 ýyl möhlet bilen berlip, ol ahyrky nokat däl-de, hili yzygiderli ýokarlandyrmagyň täze borçnamasydyr. Önde Türkmenistanda ýokary hünär bilimi edaralaryny ösdürmegiň 2026–2052-nji ýyllar üçin Strategiýasynyň giň gerimli wezipeleri durýar. Bu strategiýa bilimi, ylmy we önümçiligi bitewi ekoulgam hökmünde ösdürmegi maksat edinýär. Ilkinji akkreditasiýa bolsa şol sepgitlere ýetmek üçin berk binýat boldy. Dabaranyň ahyrynda bilim ulgamynyň ösmegine we kämilleşmegine giň mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyza we Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowa tüýs ýürekden hoşallyk bildirildi hem-de täze üstünlikler arzuw edildi.
Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň talyby – «Ýylyň talyby» Döwlet bilim bäsleşiginiň ýeňijisi!
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan döwletimizde ylym-bilim ulgamy täze üstünliklere we taryhy wakalara baý bolýar. Gahryman Arkadagymyzyň we Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň taýsyz tagallalary netijesinde Türkmenistanda ýaş nesliň döwrebap bilim almagy, ylmy-gözleg işleri bilen meşgullanmagy we öz ukyplaryny görkezmegi üçin ähli şertler döredilýär. Türkmenistanyň Prezidentiniň bilim ulgamynda geçirýän özgertmelerini durmuşa geçirmekligi netijeli dowam etdirmek, zehinli ýaşlary ýüze çykarmak maksady bilen, ýurdumyzyň ähli ýokary okuw mekdepleriniň arasynda 2026-njy ýylyň 15-16-njy iýunynda Aşgabat şäherinde ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda «Ýylyň talyby» Döwlet bilim bäsleşiginiň jemleýji tapgyry geçirildi. Şu ýyl geçirilen bu abraýly bäsleşikde tapwutlanan ýaşlaryň arasynda Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň Halkara ykdysadyýeti we menejment fakultetiniň 4-nji ýyl talyby Daniýar Emirkulyýew iň ýokary netijäni görkezip, bäsleşigiň baş baýragyna – «Ýylyň talyby» diýen belent we abraýly ada mynasyp boldy. Bäsleşigiň esasy maksatlary Türkmenistanyň Prezidentiniň bilim ulgamynda geçirýän özgertmelerini durmuşa geçirmekligi netijeli dowam etdirmekden; Türkmenistanyň Prezidentiniň bilim ulgamyny kämilleşdirmek boyunça talaplaryndan ugur alyp, merdana halkymyza, Ata Watanymyza, Türkmenistanyň Prezidentine çyn ýürekden wepaly, iň täze tilsimatly enjamlarynda işlemäge ukyply, döwlet dilini we daşary ýurt dillerini bilýän, başarjaň, anyk maksatly ýokary okuw mekdepleriniň talyplaryny ýüze çykarmakdan we goldamakdan, olaryň alan bilimlerini durmuşda ulanyp bilmek endigini açyp görkezmekden; Türkmenistanyň ýaş nesliniň ruhubelentligini, Watana buýsanjyny, ata-babalarymyzyň şöhratly geçmiş taryhyna egsilmez söýgüsini açyp görkezmekden ybaratdyr. Däp bolşy ýaly, bäsleşige gatnyşyjylar ylmy-döredijilik we dersara bäsleşiklerinde, halkara ders olimpiadalarynda gazanan üstünlikleri, medeni-köpçülikleýin çärelere gatnaşygy, sport ýaryşlaryndaky ýeňişleri, köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde çykyşlary üçin kesgitlenen utuklar ulgamy bilen bahalandyrylyp, her ýokary okuw mekdebinden iň ýokary netije gazanan talyp jemleýji tapgyra gatnaşmaga hukuk gazanýar. Jemleýji tapgyrda ýokary okuw mekdeplerine wekilçilik edýän talyplar Türkmenistanyň jemgyýetçilik durmuşyny öwreniş, häzirki zaman kompýuter tehnologiýalary, daşary ýurt (iňlis) dili dersleri boýunça taýýarlanan test sowallaryna jogap berdiler. Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň talybyň «Ýylyň talyby» bäsleşiginde uly ýeňiş gazanmagy biziň ählimizi buýsandyrýar! Biz bu ýeňşiň talyp ýaşlarymyzyň geljekde has uly ylmy we döredijilik üstünliklerini gazanmagyna, ýurdumyzyň abraýyny halkara giňişliginde belentden belent götermegine itergi berjekdigine berk ynanýarys. Ýaşlara döwrebap ylym-bilim dünýäsini açyp berýän Gahryman Arkadagymyzyň we Hormatly Prezidentimiziň janlary sag, ömürleri uzak, tutumly işleri elmydama rowaç bolsun! Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersiteti
RUS DILINDE OKADYLÝAN V SYNP ÜÇIN «ЛИТЕРАТУРА» OKUW KITABYNYŇ NOBATDAKY NEŞIRI ÇAP EDILDI
Türkmenistanda milli bilim we ylym ulgamyny mundan beýläk-de ösdürmäge gönükdirilen giň gerimli özgertmeler üstünlikli durmuşa geçirilýär. Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň we Milli Liderimiz Gahryman Arkadagymyzyň yzygiderli tagallalary netijesinde ýurdumyzda ýaşlara berilýän bilimiň mazmunyny kämilleşdirmäge, okuw maksatnamalaryny döwrebaplaşdyrmaga hem-de döwrüň talaplaryna laýyk gelýän täze okuw kitaplaryny we okuw-usuly gollanmalaryny taýýarlamaga aýratyn ähmiýet berilýär. Şol işleriň nobatdaky möhüm netijeleriniň biri hökmünde umumybilim berýän orta mekdepleriň rus dilinde okadylýan V synp okuwçylary üçin «Литература» okuw kitabynyň täzeden işlenilen we üsti ýetirilen nobatdaky neşiri çap edildi. Okuw kitabynyň täze neşiri (awtorlary: S.Saparowa, T.Hojamedowa, E.Gulmuradowa, L.Kasparowa – A.: Türkmen döwlet neşirýat gullugy, 2026) häzirki zaman biliminiň talaplaryny we okuwçylaryň ýaş aýratynlyklaryny nazara almak bilen taýýarlanyldy. Bu okuw dersi ozal başlangyç synplarda okadylan «Родная речь» dersiniň dowamy bolup, okuwçylary çeper edebiýatyň täsin dünýäsine alyp barýar. Onuň esasy maksady ýaş nesilde kitaba bolan söýgini kemala getirmekden, okamak medeniýetini ösdürmekden, döredijilikli pikirlenmegi höweslendirmekden we edebi eserleri seljermek endiklerini kämilleşdirmekden ybaratdyr. Okuw kitabynyň sahypalarynda halk döredijiliginiň we edebi mirasyň iň gowy nusgalary jemlenendir. Okuwçylar tapmaçalar, ýaňyltmaçlar, sanawaçlar, nakyllar we atalar sözleri ýaly folkloryň kiçi we dürli žanrlary bilen, şeýle hem «Şalgam we bal», «Garga we leňňeç» hem-de «Gözel Wasilisa» ýaly meşhur rus halk ertekileri bilen tanşarlar. Bu eserleriň öwrenilmegi okuwçylaryň dünýägaraýşyny giňeltmäge, çeper sözüň baýlygyny açyp görkezmäge hem-de edebiýatda şöhlelenýän ahlak gymmatlyklaryna has çuňňur düşünmäge ýardam berer. Okuw kitabynyň nobatdaky neşiriniň çap edilmegi ýurdumyzda bilim ulgamyny mundan beýläk-de kämilleşdirmek boýunça alnyp barylýan giň gerimli işleriň nobatdaky netijesidir. Bu okuw kitaby okuwçylar üçin ýaş aýratynlyklaryna laýyklykda ygtybarly we gymmatly çeşme bolup hyzmat eder, ýaş nesli ruhy gymmatlyklaryň hem-de çeper döredijiligiň dünýäsine gönükdirer we bilimli, giň dünýägaraýyşly hem-de ýokary medeniýetli nesli terbiýelemäge ýardam eder. Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň okuw kitaplaryny taýýarlamak we neşir işleri bölümi
Aşgabatda DARYA taslamasynyň we SCAFFOLD usulyýetiniň çäklerinde Ýewropa bilim gaznasynyň çäreleri geçirildi
2026-njy ýylyň 3–11-nji iýuny aralygynda Aşgabat şäherinde Ýewropa bilim gaznasynyň — European Training Foundation (ETF) — wekiliýetiniň iş saparynyň çäklerinde birnäçe çäreler geçirildi. Bu Çäreler Ýewropa Bileleşiginiň «Merkezi Aziýada ukyply ýaşlar üçin dialog we hereket» — DARYA sebitleýin taslamasynyň çäklerinde geçirildi. Taslama Ýewropanyň Global Gateway başlangyjynyň bir bölegi bolup, ykdysadyýetiň ileri tutulýan pudaklarynda başarnyklary ösdürmäge gönükdirilendir. Wekiliýetiň düzümine Ýewropa bilim gaznasynyň Türkmenistan boýunça ýurt utgaşdyryjysy Katarina Lukacowa, adam maýasynyň ösüşi boýunça uly hünärmen Kristina Hemşemeýer, taslamanyň menejeri Samuel Kawana, SCAFFOLD usulyýeti boýunça bilermen Natia Gorgadze, şeýle hem DARYA taslamasynyň milli fasilitatory Gülşirin Annadurdyýewa girdi. Saparyň maksatnamasy iki sany özbaşdak ugurdan ybarat boldy. DARYA taslamasyny işjeňleşdirmek Birinji ugur institusional hyzmatdaşlygy ösdürmäge, 2026-njy ýyl üçin iş meýilnamasyny ara alyp maslahatlaşmaga, şeýle hem başarnyklara bolan täze ýüze çykýan zerurlyklary öwrenmäge we kartalaşdyrmaga bagyşlandy. Bu ugurda energetika, ulag we sanly pudaklara aýratyn üns berildi. Saparyň esasy wezipeleriniň biri 2026-njy ýylyň 13–14-nji oktýabrynda Aşgabat şäherinde geçirilmegi meýilleşdirilýän DARYA ýokary derejeli toparynyň 5-nji mejlisine deslapky taýýarlyk görmekden ybarat boldy. Bu ýygnak Türkmenistanyň çäginde agzalan taslamanyň çäklerinde geçiriljek ýokary derejedäki ilkinji sebitleýin çäre bolar. Saparyň çäklerinde wekiliýet meýilnamalary utgaşdyrmak we maýa goýumlary goldamak maksady bilen Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde, Türkmenistanyň Bilim ministrliginde, Türkmenistanyň Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministrliginde, Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginde, Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň syýahatçylyk bölüminiň wekilleri bilen, Türkmenistanyň Energetika ministrliginde, şeýle hem ulag we aragatnaşyk ulgamlary boýunça degişli ministrliklerde, şol sanda gurluşyk we binagärlik, demir ýol ulaglary, awtomobil ulaglary we aragatnaşyk ugurlary boýunça iş duşuşyklaryny geçirdi. Zähmet bazarynyň amaly zerurlyklaryny ara alyp maslahatlaşmak maksady bilen Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi, şeýle hem energetika, ulag we sanlylaşdyrma ugurlarynda işleýän işewür düzümler bilen duşuşyklar geçirildi. Şeýle hem degişli pudaklar boýunça hünärmenleri taýýarlaýan ýokary we orta hünär okuw mekdeplerine saparlar amala aşyryldy. SCAFFOLD usulyýeti boýunça okuwlar Saparyň ikinji ugry amaly häsiýete eýe bolup, mugallymlaryň hünär derejesini ýokarlandyrmaga bagyşlandy. Okuw maslahatlary 2026-njy ýylyň 8–11-nji iýuny aralygynda Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň utgaşdyrmagynda Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika institutynyň binýadynda geçirildi. Okuwlaryň dowamynda Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň wekilleri we ministrligiň garamagyndaky okuw mekdepleriniň mugallymlary SCAFFOLD usulyýetini özleşdirdiler. Bu usulyýet toparlaýyn we tejribä gönükdirilen okuw işini guramak, okuwçylara tapgyrlaýyn goldaw bermek we olaryň özbaşdaklygyny ösdürmek üçin häzirki zaman guraly hökmünde hödürlenildi. Iýun aýynda geçirilen okuwlar bu usulyýetiň ýurdumyzda üstünlikli ornaşdyrylmagynyň dowamydyr. Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň ýolbaşçylygynda 2025-nji ýylyň noýabr aýynda iki sany giň gerimli okuw treningleriň netijesinde, 2026-njy ýylyň maý aýyna çenli türkemen tarapy innowasion SCAFFOLD usulyýeti boýunça DARYA taslamasynyň 70–80 sany sertifikatlaşdyrylan usuly tälimçileri ugrukdyrdy we 23 sany bilim edaralaryndan Skaffold boýunça okadylan pedagoglary synag görnüşinde bu tejribäni işjeňleşdirip başladylar. Häzirki okuw maslahatlary SCAFFOLD usulyýetiniň milli derejede durnukly ornaşdyrylmagyny üpjün etmäge gönükdirildi. Geçirilen sapar Global Gateway Çarçuwaly maksatnamasynyň çäklerinde Türkmenistanyň adam maýasyna gönükdiriljek geljekki halkara maýa goýumlary üçin berk binýat döretdi. Ýewropa bilim gaznasynyň, Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň we Türkmenistanyň Statistika baradaky döwlet komitetiniň bilim hyzmatlaryny hödürleýän edaralary kartalaşdyrmak boýunça bilelikdäki işi, şeýle hem DARYA ýokary derejeli toparynyň oktýabr aýyndaky mejlisine görülýän taýýarlyk okuw çemeleşmelerini döwrebaplaşdyrmaga we türkmen ýaşlarynyň bilimden zähmet işine netijeli geçmegini üpjün etmäge ýardam eder. Şeýle hem bu işler ykdysadyýetiň iň zerur ugurlary boýunça hünärmenleri taýýarlamagyň hilini ýokarlandyrmaga hyzmat eder. Türkmenistanyň Bilim ministrligi
Maslahat duşuşygy geçirildi
2026-njy ýylyň iyun aýynyň 11-ne Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynda Ylymlar güni mynasybetli Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Mary welaýat Geňeşi bilen bilelikde “Ylymly ýaşlar – Watanyň kuwwaty” atly aýdym-sazly maslahat duşuşygy geçirildi. Maslahat duşuşygyň dowamynda birnäçe täsirli çykyşlar diňlenildi. Şeýle-de ýürekleri buýsançdan doly institutyň “Kuwwat” aýdym-saz toparynyň çeper höwesjeň bagtyýar talyp ýaşlary aýdymdyr sazlary uly ruhubelentlik bilen ýerine ýetirdiler. Baý many-mazmuna eýe bolan bu duşuşyk maslahaty ýaşlaryň aň-düşünjeli, giň gözýetimli bolup ýetişmeklerine, öz saýlap alan hünärlerini içgin öwrenmeklerine oňyn täsirini ýetirdi. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň saýasynda, Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ylym we bilim täze başgançaklar, açyşlar bilen ösüşlere beslenýär. Maslahatyň ahyrynda oňa gatnaşyjylar maksada okgunly, ösen tehnologiýalardan baş çykarýan ýaşlary terbiýeläp ýetişdirmekde giň mümkinçilikleri döredip berýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş hem-de hoşallyk sözleri aýtdylar. Türkmenistanyň Döwlet energetika instituty
Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň wekilleri Özbegistan Respublikasyna halkara okuw saparyna gatnaşýarlar
Özbegistan Respublikasynyň Nukus we Daşkent şäherlerinde Ýewropa Bileleşigi tarapyndan maliýeleşdirilýän we Germaniýanyň Halkara hyzmatdaşlyk boýunça jemgyýeti (GIZ) tarapyndan durmuşa geçirilýän «Türkmenistanyň ýaşyl ösüşi üçin Ýewropa Bileleşigi: 2024-2029-njy ýyllar üçin syýasy dialog we howanyň üýtgemegi boýunça hereketler» taslamasynyň hem-de «Green Central Asia» sebitara başlangyjynyň çäginde tanyşlyk we tejribe alyşmak sapary geçirilýär. 2026-njy ýylyň 8-14-nji iýuny aralygynda dowam edýän bu okuw saparyna Türkmenistanyň wekilleri, şol sanda Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň “Gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleri” ylmy-önümçilik merkeziniň hünärmenleri hem-de halkara taslamanyň wekilleri ýurdumyza wekilçilik edýärler. Saparyň esasy maksady sebitde suw, energiýa we ekologiýa durnuklylygyny üpjün etmek, alternatiw energiýa çeşmelerini we innowasion biosistemalary önümçilige ornaşdyrmak boýunça halkara tejribesini öwrenmekden ybaratdyr. Häzirki wagtda wekiller Garagalpagystan Respublikasynyň Nukus şäherinde bolup, Ylmy-barlag irrigasiýa we suw meseleleri institutynyň Garagalpagystan şahamçasynyň hem-de «Ýaş alymlar akademiýasynyň» hünärmenleri bilen duşuşdylar. Saparyň meýilnamasyna laýyklykda, innowasion ekologik ulgamlar, drenaž suwlaryny tebigy usulda arassalaýan bioplato ulgamlary we durnukly suwaryş üçin niýetlenen gün panelleri bilen iýmitlenýän suw nasos stansiýalaryň işjeňligi öwrenilýär. Şeýle hem Özbegistan Respublikasynyň Ylymlar akademiýasynyň binasynda biosenagatyň hem-de bioenergetikanyň esasy ugurlarynyň biri bolan hlorella mikrosuwotularyny ösdürip ýetişdirmegiň önümçilik şertleri we laboratoriýa işleri bilen ýakyndan tanyşlyk amala aşyrylar. Maksatnamanyň öňümizdäki günlerinde türkmen wekilleriniň Aralýaka sebitiniň Halkara innowasiýa merkeziniň ýolbaşçylary bilen duşuşmagyna, intensiw bagbançylyk boýunça synag meýdançalaryna aýlanmagyna we Daşkent şäherinde dowam etjek ylmy seminarlara gatnaşmagyna garaşylýar. Şol seminarlaryň çäginde topragyň şorlaşmagyny azaltmak, suw tygşytlaýjy tehnologiýalar, topragyň elektrik geçirijiligini çalt bahalandyrmak hem-de Syrderýa welaýatyndaky «Master fruit» fermer hojalygynda oba hojalygy bilen gün energiýasyny utgaşdyrýan döwrebap Agro-fotoelektrik ulgamlarynyň amaly ulanylyşy ylmy esasda öwreniler. Türkmenistanyň wekilleriniň aýratyn-da Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň “Gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleri” ylmy-önümçilik merkeziniň ylmy işgärleri şu günlerde dowam edýän bu halkara maksatnamasyna gatnaşmagy, Hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda ýurdumyzda alternatiw energetikany, «ýaşyl ykdysadyýeti» we ylmy-innowasion tehnologiýalary ösdürmek barada durmuşa geçirilýän döwlet syýasatyna uly goşant bolar. Bu sapar sebitdäki ylmy hyzmatdaşlygy pugtalandyrmakda we ekologik durnuklylygy üpjün etmekde täze sepgitleri açar. Halkara maslahata gatnaşyjylar ylym-bilim ulgamynda döredilýän ähli mümkinçilikler üçin Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş hem-de hoşallyk sözlerini beýan edýärler. Türkmenistanyň Döwlet energetika instituty
Türkmen talyplary «Huawei ICT Competition 2025–2026» bäsleşiginde 3-nji orna mynasyp boldylar
2026-njy ýylyň 2-5 nji iýunynda Hytaý Halk Respublikasynyň Şençžen şäherinde Huawei kompaniýasy tarapyndan gurnalan maglumat-kommunikasiýa tehnologiýa ugurlary boýunça bäsleşigiň final jemleýji tapgyry geçirildi. Bäsleşige Practical competition network tracking ugry boýunça Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň Sanly ulgam we maglumat howpsuzlygy bölüminiň baş hünärmeni Şirmuhammet Wepaýew, Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika institutynyň talyby Italmazow Arslan we Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň talyplary Haýytmuhammedow Yslam we Orazmämmedow Gurban gatnaşdylar. «Huawei ICT Competition 2025-2026 Global Final» bäsleşigine dünýäniň 100-den gowrak ýurdundan, 2 000-den gowrak ýokary okuw mekdebinden 1180000-den gowrak talyp we halypa mugallymlary gatnaşdylar. Bäsleşik birnäçe tapgyrlardan ybarat bolup, ilkinji tapgyry ýurt içinde, ikinji tapgyr sebitleýin we 3-nji bütindünýä tapgyry bolup, Şençžen şäherinde 40-dan gowrak ýurtlardan gelen 170 topary emele getiren 500 sany gatnaşyjylar saýlandy. Bäsleşigiň Practical competition network tracking ugrunyň esasy maksady korporatiw ulgamlary taslamak, sazlamak we olaryň howpsuzlygyny üpjün etmek ukyplaryny toplumlaýyn barlamakdan ybarat bolup we jemleýji tapgyry laboratoriýa şertlerinde sekiz sagatlyk amaly synagy öz içine alyp, onda 25 ýurtdan gelen gatnaşyjylar hakyky wagt rejesinde torda routing, optimizasiýa işlerini sazlamak we arhitektura näsazlyklaryny aradan aýyrmak boýunça çylşyrymly meseleleri çözmekden ybarat boldy. Netijede Türkmenistanyň talyplary bütindünýä «Huawei ICT Competition 2025-2026 Global Final» bäsleşiginde Practical competition network tracking ugry boýunça 3-nji orna mynasyp boldylar.
TÄZE ÜSTÜNLIKLERE RUHLANDYRÝAN BÄSLEŞIKLER
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýokary depginler bilen hemmetaraplaýyn sazlaşykly ösýän ýurdumyzda milli bilim ulgamyny kämilleşdirmäge döwlet derejesinde aýratyn ähmiýet berilýär. Giň düşünjeli, çuň bilimli, watansöýüji ýaş nesli kemala getirmek babatdaky uzak geljegi nazarlaýan düýpli özgertmeler durmuşa geçirilýär. Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda tehnologiýalaryň we sanly ykdysadyýetiň ösýän şertlerinde dünýäniň iň öňdebaryjy tejribeleri hem-de halkara hyzmatdaşlygynyň çäklerinde milli ykdysadyýetimiziň ähli pudaklary boýunça ýokary derejeli hünärmenleri, şol sanda işçi hünärmenleri taýýarlamak bilen baglanyşykly özgertmeler giň gerimde rowaçlanýar. Hünär-tehniki we orta hünär bilimi edaralarynda alnyp barylýan nazary we tejribe okuwlarynyň netijeliligini ýokarlandyrmaga, önümçilik bilen arabaglanyşygy pugtalandyrmaga, dünýäniň öňdebaryjy tejribelerini tapgyrlaýyn ornaşdyrmak uly üns berilýär. Ykdysadyýetimiziň ähli pudaklarynda amala aşyrylýan giň möçberli özgertmelerden baş çykaryp bilýän ýokary derejeli işçi hünärmenleri taýýarlamak, ýaş nesli häzirki zaman hünärlere ugrukdyrmak babatynda öňdebaryjy okuw-terbiýeçilik usullar giňden peýdalanylýar. Ýaşlary hünäre ugrukdyrmaga, olaryň saýlap aljak kärine bolan gyzyklanmasyny artdyrmaga, amaly başarnyklaryny kämilleşdirmäge hem-de zähmete bolan jogapkärçilikli garaýşyny ösdürmäge ýardam berýän dürli bäsleşikler geçirilýär. Bilime dünýä tejribeleriniň ornaşdyrylmagy bilen birlikde, hünär okuw mekdepleriniň talyplaryna hünär okuwlarynyň öwredilişini kämilleşdirmek, ýaşlaryň hünär taýýarlygynyň hilini, döredijilik ukyp-başarnyklaryny ýokarlandyrmak, häzirki zaman tehnologiýalaryndan baş çykarmaklaryny gazanmak, oýlap tapyşlara höweslendirmek hünär endiklerini we başarnyklaryny ýüze çykarmak maksady bilen, 2026-njy ýylyň 6-njy iýunynda Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň guramagynda S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetinde hem-de Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrliginiň Söwda hünär-tehniki okuw mekdebinde ýurdumyzyň hünär-tehniki okuw mekdepleriniň we orta hünär okuw mekdepleriniň talyp ýaşlarynyň gatnaşmagynda geçirilen «Hünär ussatlygy» atly hünär bäsleşigi hem muňa doly şaýatlyk edýär. Bu bäsleşik dünýä derejesindäki ýaryşlary guramakda oňyn tejribe toplan Worldskills International halkara assosiasiýasynyň «Worldskills» hünär bäsleşiginiň standartlaryna laýyklykda guraldy. Her bir güni milli we halkara ähmiýetli wakalar bilen şöhratlandyrylýan «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda mukaddes Garaşyzlygymyzyň şanly 35 ýyllygyna gabatlanyp geçirilen bu bäsleşige çärä talyp ýaşlary, mekdep uçurymlary, «Türkmenistanyň Ýaşlarynyň üstünlikleri» jemgyýetçilik guramasy hem-de ýurdumyzyň hususy kärhanalary, telekeçileri işjeň gatnaşdylar. Bäsleşige gatnaşyjylar ýurdumyzyň milli bilim ulgamynda amala aşyrylýan özgertmelere, hünär-tehniki we orta hünär bilimi edaralarynda alnyp barylýan bilim işlerine bagyşlanan sergi bilen tanyş boldular. Bagtyýar ýaşlar öz aralarynda «Elektromontaž işleri», «Kafel (syrçaly ýuka plitka) düşemek işleri», «Kerpiç örmek işleri», «Santehnika işleri», «Aşpezçilik işleri», «Konditerçilik işleri», «Biçimçi-tikinçilik işleri» hünärleri boýunça ussatlyklaryny, başarnyklaryny we çalasynlyklaryny görkezip, «Hünär ussady» diýen ady almak ugrunda çekeleşikli bäsleşdiler. Bäsleşigiň aýratynlygyna laýyklykda, önümçilik edara-kärhanalarynyň wekillerinden düzülen emin agzalar topary bäsleşige gatnaşanlaryň bezeg daşlaryny ýonmakda, kerpiçleri örmekde, turbageçirijileri gurnamakda, elektrik üpjünçiligini ýola goýmakda, döwrebap egin-eşikleriň dizaýny ýerine ýetirmekde, tagamlary taýýarlamakda başarjaňlyklaryna we ussatlyklaryna baha berip, ýeňijileri saýladylar. Bäsleşigiň ýeňijilerine diplomlar hem-de sowgatlar dabaraly gowşuryldy. «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda gurnalan bu bäsleşik Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň bilim özgertmeleriniň ajaýyp miweleridir. Belent Mertebeli Gahryman Prezidentimiziň hem-de Hormatly Gahryman Milli Liderimiziň nusgalyk beýik işleri bilen Garaşsyz, Bitarap ýurdumyzyň dünýäniň bilim giňişligindäki ornunyň barha pugtalandyrylýandygyna şaýatlyk eden üstünlikler Watana bolan beýik söýgä ygrarly, ynsanperwerligi, hoşniýetliligi ýörelge edinen ýaşlarymyzy täze üstünliklere ruhlandyrýar. Türkmenistanyň Bilim ministrligi
Türkmenistanyň Bilim ministrliginde ABŞ-nyň wekiliýeti bilen duşuşyk geçirildi
2026-njy ýylyň 8-nji iýunynda Türkmenistanyň Bilim ministrliginde Türkmenistanyň bilim ministriniň orunbasary Azat Ataýew bilen ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň orunbasary Sara Rodžersiň ýolbaşçylygyndaky Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň wekiliýetiniň arasynda duşuşyk geçirildi. Gepleşikleriň dowamynda taraplar bilim ulgamyndaky türkmen-amerikan hyzmatdaşlygyny mundan beýläk-de çuňlaşdyrmagyň ileri tutulýan ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdylar. Ýokary okuw mekdepleriniň arasyndaky gatnaşyklary giňeltmäge, akademiki hereketliligi ösdürmäge, daşary ýurt dilleriniň okadylyşyny kämilleşdirmäge, şeýle hem ykdysadyýetiň häzirki zaman pudaklary üçin hünärmenleri taýýarlamakda sanly tehnologiýalary ornaşdyrmaga aýratyn üns berildi. Duşuşykda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň 2023-nji ýylda gol çekilen Özara düşünişmek hakyndaky Ähtnamanyň we bilelikdäki Ýol kartasynyň çäklerinde ulgamlaýyn esasda ösdürilýändigi bellenildi. Bu mehanizmler aýry-aýry taslamalary bilimiň hilini ýokarlandyrmaga we ýaşlar üçin mümkinçilikleri giňeltmäge gönükdirilen yzygiderli hem-de uzak möhletleýin strategiýa öwürmäge şert döredýär. Türkmen tarapy myhmanlary ýurtda bilim ulgamynda amala aşyrylýan özgertmeler bilen tanyşdyrdy. Şunda giň gerimli sanlylaşdyrmaga, innowasion çözgütleri ornaşdyrmaga, ýokary okuw mekdepleriniň ylmy-barlag kuwwatyny pugtalandyrmaga, şeýle hem bilimlere esaslanýan ykdysadyýete geçişiň çäklerinde adam maýasyny strategik meýilnamalaşdyrmaga aýratyn ähmiýet berilýändigi nygtaldy. Ýokary okuw mekdepleriniň arasyndaky hyzmatdaşlygyň çäklerinde bilelikdäki magistratura maksatnamalaryny, şol sanda MBA maksatnamasyny durmuşa geçirmek, iki diplomly bilim maksatnamalaryny ösdürmek, okuw meýilnamalaryny utgaşdyrmak we professor-mugallymlaryň hünär derejesini ýokarlandyrmak bilen bagly meselelere garaldy. Taraplar şeýle taslamalaryň iki ýurduň ýokary okuw mekdepleriniň arasyndaky göni gatnaşyklary pugtalandyrmaga ýardam etjekdigini bellediler. Şeýle hem ýaşlaryň liderlik ukyplaryny ösdürmegiň we halklaryň arasyndaky özara düşünişmegi berkitmegiň netijeli guraly hökmünde hereket edýän alyş-çalyş maksatnamalaryna aýratyn üns berildi. Amerikan tarapy türkmenistanly gatnaşyjylar üçin orunlaryň sanyny artdyrmagyň mümkinçiliklerine garamagy hem-de ABŞ-nyň bilim we alyş-çalyş maksatnamalarynyň uçurymlary bilen alnyp barylýan işleri işjeňleşdirmegi teklip etdi. Bilimleri halkara derejede bahalandyrmak we maglumat tehnologiýalary babatda öňdebaryjy synag hem-de sertifikatlaşdyryş ölçeglerini ornaşdyrmak, şeýle hem ABŞ-nyň öňdebaryjy sanly bilim platformalaryna elýeterliligi giňeltmek meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Munuň özi Türkmenistanyň dünýäniň öňdebaryjy onlaýn bilim serişdelerini milli bilim ulgamyna üstünlikli ornaşdyrmak boýunça alyp barýan işleriniň üstüni ýetirer. Duşuşygyň ahyrynda taraplar hyzmatdaşlygyň bilelikdäki Ýol kartasyny döwrebaplaşdyrmagyň maksadalaýykdygy barada pikir alyşdylar. Täzelenjek strategik resminamada sanly bilim ekoulgamlary, emeli aň tehnologiýalary, ýokary okuw mekdepleriniň halkara akkreditasiýasy we täze bilelikdäki uniwersitet taslamalary ýaly ileri tutulýan ugurlaryň öz beýanyny tapmagyna garaşylýar. Duşuşyk işjeň we netijeli ýagdaýda geçip, taraplaryň ikitaraplaýyn gatnaşyklary mundan beýläk-de pugtalandyrmaga hem-de geljegiň talaplaryna laýyk gelýän ýokary hünärli işgärleri taýýarlamaga bolan özara gyzyklanmasyny tassyklady. Türkmenistanyň Bilim ministrligi
Ylmy-amaly maslahat geçirildi
2026-njy ýylyň iýun aýynyň 8-ne Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynda Ylymlar güni mynasybetli professor-mugallymlaryň, talyplaryň, aspirantlaryň we önümçilikde işleýän hünärmenleriň gatnaşmagynda “Milli ylmyň sanlylaşdyrylmagy: ylym, bilim, önümçilik” atly ylmy-amaly maslahaty geçirildi. Maslahatyň dowamynda ýurdumyzyň nebit-gaz, oba hojalyk, gurluşyk, energetika, dokma, ykdysadyýet, maliýe, bank toplumlaryna, söwda, ulag, aragatnaşyk, himiýa, medeniýet, ylym, bilim, saglygy goraýyş, sport, syýahatçylyk ulgamlaryna ylmyň we tehnologiýalaryň täze gazananlarynyň yzygiderli ornaşdyrylmagynyň ähmiýeti we ylmy esaslary dogrusynda birnäçe çykyşlar diňlenildi. Şeýle-de institutymyzyň “Kuwwat” aýdym-saz toparynyň taýýarlan görkezme çykyşlaryna tomaşa edildi. Maslahatyň ahyrynda oňa gatnaşyjylar ýurdumyzyň ýaşlarynyň ylymly, bilimli, halka wepaly, giň gözýetimli, maksada okgunly, zähmetsöýer we öňdebaryjy nesiller bolup ýetişmeklerini, ýaş alymlaryň täze ylmy we inženerçilik pikirlerini, senagat-innowasiýa we maglumat-tehnologiki işläp taýýarlamalaryny milli ykdysadyýetimize giňden ornaşdyrmakda bimöçber tagallalary edýän Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş hem-de hoşallyk sözlerini aýtdylar. Türkmenistanyň Döwlet energetika instituty
Aýdym-sazly baýramçylyk konserti geçirildi
2026-njy ýylyň iýun aýynyň 9-na Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynda Ylymlar güni mynasybetli aýdym-sazly baýramçylyk konserti geçirildi. Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimizde Hormatly Prezidentimiziň öňdengörüjilikli we parasatly baştutanlygynda ylmyň we tehnologiýalaryň ösüşine, halkymyzyň aň-bilim derejesiniň ýokarlandyrylmagyna, ylmyň, tehnikanyň we önümçiligiň bitewiliginiň üpjün edilmegine aýratyn ähmiýet berilýär. Ylymlar güni mynasybetli geçirilen baýramçylyk konsertinde institutyň “Kuwwat” aýdym-saz toparynyň taýýarlan görkezme çykyşlaryna tomaşa edildi. Baýramçylyk konsertinde ýaşlaryň täsin ukyp-başarnyklarynyň dürli ugurlaryny açyp görkezýän aýdym-sazlar bilen bir hatarda, milli saz medeniýetimiziň köpöwüşginliligini beýan edýän, türkmen halkynyň ruhy ýörelgelerini wasp edýän joşgunly çykyşlar ýerine ýetirildi. Aýdym-sazly konsertiň ahyrynda oňa gatnaşyjylar ýaş nesil barada edýän hemişelik aladalary, olaryň bagtyýar durmuşy ugrunda döredilýän şertler üçin Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş hem-de hoşallyk sözlerini aýtdylar. Türkmenistanyň Döwlet energetika instituty
Ylymlar gününe bagyşlanyp ylmy-amaly maslahat geçirildi
Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetinde Türkmenistanyň Ylymlar güni mynasybetli geçirilen “Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýokary hünärli inženerleri taýýarlamakda innowasion tehnologiýalaryň orny” atly ylmy-amaly maslahaty geçirildi. Maslahatyň umumy mejlisinde uniwersitetiň professory N.Suwhanow Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde ýurdumyzda ylym-bilim ulgamyny ösdürmekde uly işleriň amala aşyrylýandygyny we bu ugurda ýokary derejeli inženerleri taýýarlamakda ähli mümkinçilikleriň döredilendigini aýratyn belläp geçdi. Soňra uniwersitetiň uly mugallymy G.Saparowa hünärmenleriň ynsanperwer taýýarlygynyň kämilleşmegi ugrunda alnyp barylýan işler barada çykyş etdi. Uniwersitetiň uly mugallymlary Ş.Geldiýewa hem-de B.Owganowa ýurdumyzyň ylym ulgamynda gazanylan üstünlikleri, ylymly nesiliň watanyň badyna bat, kuwwadyna kuwwat goşýandygy barada öz çykyşlarynda buýsanç bilen belläp geçdiler. Ylmy-amaly maslahat öz işini umumy mejlisden soňra 8 sany bölümçelerde dowam etdirdi. Çykyş edenler Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary bilen ylym-bilim ulgamynyň maddy-enjamlaýyn binýadynyň ýyl-ýyldan pugtalandyrylýandygyny, talyplaryň multimediýa tehnologiýalary, döwrebap kompýuterler bilen enjamlaşdyrylan okuw otaglarynda bilim alýandyklaryny we sanly bilim ulgamynyň okuw işlerine ornaşdyrmak barada işleriniň yzygiderli dowam etdirilýändigini aýratyn belläp geçdiler. Ylmy-amaly maslahat işjeň ýagdaýda geçip, çykyş edenler bilen diňleýjileriň arasynda sorag-jogaplar we gyzykly pikir alyşmalar boldy. Ylmy-amaly maslahata gatnaşyjylar dünýäniň parahatçylygyny pugtalandyrmak baradaky Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň beýik başlangyçlarynyň elmydama rowaç bolmagyny, janlarynyň sag, ömürleriniň uzak, bolmagyny arzuw etdiler. Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersiteti
UMUMYBILIM BERÝÄN MEKDEPLER ÜÇIN TÄZE OKUW KITABY NEŞIR EDILDI
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzy hemmetaraplaýyn ösdürmek babatda amala aşyrylýan işleriň hatarynda bilim ulgamy esasy orunlaryň birini eýeleýär. Çünki ýaş nesle döwrebap bilimdir terbiýe bermek, olary kämillik ýolunda taplamak, milli pedagogikamyzyň çäginde bu babatda alnyp barylýan işleriň gerimini giňeltmek ugrunda türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň we Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýolbaşçylygynda köp tagallalar edilýär. Ýaňy-ýakynda umumybilim berýän mekdepleriň XII synpy üçin «Algebra we analiziň başlangyçlary» okuw kitaby (awtorlary: G.Şadurdyýew, O.Annaorazow, J.Töräýew, Ý.Abaýew – A.: Türkmen döwlet neşirýat gullugy, 2026) neşir edildi. Okuw kitaby dört bapdan, otuz üç paragrafdan, algebranyň esasy teoremasy barada düşünjeden ybarat bolup, olarda okuw maksatnamasyna laýyklykda degişli möhüm maglumatlar beýan edilipdir. «Asyl funksiýa we integral» atly I bapda asyl funksiýa, asyl funksiýanyň esasy häsiýeti, asyl funksiýany tapmagyň düzgünleri, egriçyzykly trapesiýanyň meýdany, kesgitli integral, integral barada düşünje, Nýuton-Leýbnisiň formulasy, meýdanlary we göwrümleri hasaplamakda integralyň ulanylyşy, integraly käbir amaly meseleleri çözmekde ulanmak (integralyň fizikada, himiýada, biologiýada, durmuş ykdysady meseleleri çözmekde ulanylyşy, üýtgeýän güýjüň işi), funksiýanyň differensialy barada düşünje (funksiýanyň differensialy, differensialyň geometrik manysy, differensialy hasaplamak), ýönekeý differensial deňleme barada düşünje ( mehaniki hereketiň deňlemesi, radioaktiw dargaýyş, Türkmenistanyň durmuş-ykdysady taýdan ösüşine degişli meseleleriň differensial deňlemeleri ulanyp çözülişi we degişli taryhy maglumatlar ýerleşdirilipdir. «Kombinatorikanyň, ähtimallyklar nazaryýetiniň we matematiki statistikanyň elementleri» atly II bap kombinatorika we onuň esasy elementleri (çalşyrmalar, ýerleşdirmeler, utgaşdyrmalar, Paskalyň üçburçlugy, kombinatoriki meseleleriň çözülişi), Nýutonyň binomy, binomial koeffisiýentleriň häsiýetleri, ähtimallyklar nazaryýeti (ähtimallyklar nazaryýetiniň elementleri, ähtimallygyň nusgawy kesgitlemesi, ähtimallyklar nazaryýetiniň usullaryny ulanmak arkaly amaly meseleleriň çözülişi), statistika (statistika we onuň usullary, statistiki tablisalar), paýlanyş hatarlary, moda we mediana, orta baha bilen baglanyşykly maglumatlara orun berlipdir. «Deňlemeler we deňsizlikler» atly III bap deňlemelere degişli umumy maglumatlar, del kökler we köküň ýitmegi, deňlemeleriň deňgüýçlüligi barada teoremalar, deňlemeleri çözmek, deňlemeleri çözmegiň esasy usullary, deňlemeler sistemasy we ony çözmegiň esasy usullary, deňsizlikler, deňsizlikleri çözmek, irrasional deňsizlikler, modully deňsizlikler, iki üýtgeýän ululykly deňsizlikleriň we olaryň sistemalarynyň çözüwlerini koordinatalar tekizliginde şekillendirmek, tekstli meseleleri çözmek we matematiki modelirlemek, parametrli deňlemeler we deňsizlikler bilen baglanyşykly maglumatlar beýan edilýär. IV bap «Kompleks sanlar» diýlip atlandyrylýar. Bu bapda hakyky sanlar köplügini giňeltmek, kompleks sanlar barada düşünje, kompleks sanlaryň üstünde amallar, kompleks sanlaryň geometrik şekillendirilişi, polýar koordinatalar sistemasy we kompleks sanlaryň trigonometrik görnüşi, trigonometrik görnüşde berlen kompleks sanlary köpeltmek, bölmek we derejä götermek, kompleks sanlardan kök almak, algebraik deňlemeleriň kompleks kökleri bilen baglanyşykly maglumatlar ýerleşdirilipdir. Kitabyň ahyrynda berlen gönükmelerdir meseleleriň anyk dogry jogaplary görkezilipdir. Munuň özi diňe bir okuwçylaryň däl, eýsem, bu ugur bilen gyzyklanýan her bir adamyň öz bilimini barlamak üçin uly mümkinçilik döredýär. Türkmen jemgyýetindäki, şol sanda bilim ulgamyndaky uly özgertmeleriň başynda duran türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza we Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza berk jan saglyk, uzak ömür, işleriniň hemişe rowaç bolmagyny arzuw edýäris. Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň Okuw kitaplaryny taýýarlamak we neşir işleri bölümi