Logo

Türkmenistanyň

Bilim ministrligi

Logo

Türkmenistanyň

Bilim ministrligi

Onlaýn ýüz tutma
Täzelikler bölüminden yza gaýtmak
Balkan welaýatynda öňdebaryjy pedagogik işgärleriniň maslahaty işjeň geçirildi

Balkan welaýatynda öňdebaryjy pedagogik işgärleriniň maslahaty işjeň geçirildi

22 Awgust, 2026
62

Ber­ka­rar döw­le­tiň tä­ze eý­ýa­my­nyň Galky­ny­şy döw­rün­de hor­mat­ly Prezidenti­mi­ziň baş­tu­tan­ly­gyn­da­ mil­li­ yk­dy­sa­dy­ýe­tiň­ ähli­ ugur­la­ryn­da­ uly­ ösüş­ler,­ gu­wan­dy­ry­jy we­ buý­san­dy­ry­jy­ üs­tün­lik­ler­ ga­za­nyl­ýar.­ Mil­li bi­lim ul­ga­my­ny döwre­bap­laş­dyrmak­da, ­san­ly­ bi­li­mi­ has-­da­ ös­dür­mek­de,­ ýurdumyzyň nu­ra­na geljegi bo­lan ýaş­la­rymy­zyň­ ru­hy­ ah­lak,­ me­de­ni, ­aň­ bi­lim­ hem be­den taý­dan sazlaşyk­ly ösü­şi­ni yzy­gi­der­li kä­mil­leş­dir­mek­de ägirt uly iş­ler ama­la aşy­ryl­ýar.­

     Balkan welaýatynyň Balkanabat şäheriniň 25-nji orta mekdebinde öňdebaryjy pedagogik işgärleriniň maslahaty 2026-njy ýylyň 23-nji awgustynda «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan-bedew batly at-myradyň mekany» diýen şygar bilen geçirildi.

    Maslahatda öz kärine ussat, tejribeli, okuw-terbiýeçilik işlerini ylmy-usuly esasda täzeçe guraýan, döredijilikli işleýän bilim işgärleriniň çykyşlary guraldy. Maslahatda çykyş eden öňdebaryjy bilim işgärleri bilim edaralarynyň pedagogik işgärleriniň özüni kämilleşdirmegi, öz bilimini yzygider artdyrmagy, hünär derejesini we ussatlygyny ýokarlandyrmagy, täze usullary özleşdirmegi, öňdebaryjy tejribäni öwrenmegi we ulanmagy babatda alnyp barylýan işleri dogrusynda çykyş etdiler. Maslahatyň geçýän ýerinde döredijilikli we ýokary netijeli işleýän pedagogik işgärleriň mugallymçylyk iş tejribeleri boýunça hem-de Milli Liderimiziň «Älem içre at gezer», «Döwlet guşy» romanlarynyň, «Türkmen medeniýeti», «Ile döwlet geler bolsa... », «Arşyň nepisligi», «Gadamy batly bedew», «Parahatçylyk sazy, dostluk, doganlyk sazy», «Türkmenistan», «Mertler Watany beýgeldýär», «Mert ýigitler gaýrat üçin dogulýar», «Sport dostluga, saglyga we gözellige tarap ýoldur», «Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi», «Türkmenistan Durnukly ösüşiň maksatlaryna ýetmegiň ýolunda», «Enä tagzym — mukaddeslige tagzym», «Atda wepa-da bar, sapa-da», «Türkmen alabaýy», «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi», «Garaşsyzlyk — bagtymyz», «Ömrümiň manysy», «Ömrümiň manysynyň dowamaty», «Hakyda göwheri», hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň «Ýaşlar — Watanyň daýanjy», «Änew — müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýet», «Magtymguly — dünýäniň akyldary» atly kitaplarynyň many-mazmunyny açyp görkezýän we giňden wagyz edýän, şeýle-de döredijilikli işleýän ýolbaşçylaryň, pedagogik işgärleriň iş tejribesi boýunça sergileri döwrebap guraldy. 

      Maslahata ýerine ýetiriji häkimiýetiň wekilleri,  hormatly dynç alyşdaky ussat mugallymlar, hormatly il ýaşululary gatnaşdylar.

                                                                            Balkan welaýatynyň mekdebe çenli bilim terbiýe

                                                                       we mekdepden daşary edaralary bölüminiň

                                                                       hünärmeni Gunça Temimowa