Makalalar
Bilim ulgamynyň iň soňky täzelikleri we resmi habarlary.
Çagalara okap beriň!
Tomus paslynyň gyzgalaňly dowam edýän günlerinde çagalaryň wagtlaryny peýdaly hem hoş geçirmegini gazanmak her bir ene-atanyň esasy aladalarynyň biri. Şonuň üçin bu babatda ene-atalara ýardam etmek maksady bilen, pikirimizi paýlaşmak isleýäris. Sport bilen meşgullanmagyndan ýa-da deň-duşlary bilen dürli oýunlary oýnamagyndan başga-da, ulularyň çagalara niýetlenen dürli eserleri okap bermegi olaryň wagtlarynyň hoş geçmegine ýardam edýär. Bu babatda dünýä edebiýatyndan çagalar üçin niýetlenen ululy-kiçili birnäçe eserleriň türkmen diline terjime edilendigini bellemek ýakymly. Şolaryň arasynda XX asyryň başlaryndan bäri okyjylaryň arasynda gymmatyny ýitirmän gelýän «Pollianna» atly roman aýratyn agzalmaga mynasypdyr. «Dünýä edebiýaty» žurnalynda okyjylara ýetirilen amerikan ýazyjysy Eleanor Porteriň bu eserinde ýetim gyzjagazyň ykbaly bilen bagly wakalar akgynly beýan edilýär. Onda Pollianna atly gyzjagazyň durmuşyň kynçylykly ýagdaýlarynda özüni ýitirmän, dartgynly pursatlardan sowukganlylyk bilen baş alyp çykyşy, çagalara mahsus sada dünýäsi barada gürrüň edilýär. Adamlaryň, hatda ýakyn saýýanlarynyň hem özüne gödek daramaklary gyzjagazy ruhdan düşürmeýär. Tersine, ol töweregindäkilere hem özüniň ruhubelentlik, geçirimlilik, sabyrlylyk ýaly adamkärçilikli sypatlary bilen görelde bolýar. Polliannanyň ruhubelentligi okyjyda aýratyn täsir galdyrýar. Zeýnäp GURBANOWA, Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň mugallymy.
Ylymly ýaşlar — Watanymyzyň geljegini gurujylar
Aşgabat, 12-nji iýun (TDH). Şu gün Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetinde Ylymlar güni mynasybetli ýurdumyzyň ýaşlarynyň arasynda ylmy işler boýunça yglan edilen bäsleşigiň ýeňijilerini sylaglamak dabarasy geçirildi. Bu bäsleşik her ýyl Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasy we Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşi bilen bilelikde guralýar. Bäsleşigiň ýeňijilerini sylaglamak dabarasyna Hökümet agzalary, ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary, ylmy jemgyýetçiligiň wekilleri, ýokary okuw mekdepleriniň professor-mugallymlary, talyplar gatnaşdylar. Dabaranyň barşynda hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzyň ýaşlarynyň arasynda ylmy işler boýunça geçirilen bäsleşigiň ýeňijilerine iberen Gutlagy uly ruhubelentlik bilen diňlenildi. Onda nygtalyşy ýaly, döwletimiziň gazanýan üstünliklerinde ylmyň goşandy uludyr. Ýurdumyzyň kuwwatly ösüşi köp babatda çuňňur ylymly-bilimli ýaşlarymyza hem-de olaryň alyp barýan netijeli işlerine baglydyr. Aýdyň maksatlary özlerine ýörelge edinen ýaş alymlaryň ylmyň ileri tutulýan ugurlary boýunça gazanýan döredijilik üstünlikleri we täze ylmy açyşlary döwletimiziň mundan beýläk-de gülläp ösmegine uly goşantdyr. Bu ugurda ylmy-barlag institutlary, ýokary okuw mekdepleri, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň hem-de Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşiniň ýanyndaky Ýaş alymlaryň merkezi tarapyndan alnyp barylýan ylmy barlaglaryň, ýaş alymlaryň, inženerleriň, tehnologlaryň, hünärmenleriň ylmy açyşlary döwletimiziň durmuş-ykdysady ösüşine degişli möhüm wezipeleriň çözülmegine ýardam berýär.
Zehin. Innowasiýa. Ösüş
Ýurdumyzda giňden bellenilýän Ylymlar gününe gabatlanyp, Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetinde giň gerimli çäreleriň hepdeligi ýaýbaňlandyryldy. 10-11-nji iýunda utgaşykly görnüşde geçirilen «Oguz han uniwersiteti: zehin, innowasiýa, ösüş» atly halkara ylmy-amaly maslahat hem şolaryň biri boldy. Maslahatyň çäklerinde türkmen halkynyň medeniýeti we sungaty bilen tanyşdyrýan gymmatlyklaryň sergisi-de guraldy. Daşary ýurtly myhmanlaryň ýurdumyzyň ýaşlarynyň arasynda yglan edilen innowasion tehnologiýalar bäsleşigine gatnaşyjylaryň, uniwersitetiň professor-mugallymlarynyň we talyplarynyň oýlap tapyşlaryna hem-de ylmy mümkinçiliklerine baha bermeklerine amatly şert döredildi. Bu işleriň köp möçberliligi, täzeçillige baýlygy şu ýyl döredilenine 10 ýyl dolýan Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň geçen gysga döwrüň içinde innowasiýalara we oýlap tapyşlara ymtylýan zehinli ýaş nesilleri höweslendirmek işine mynasyp goşant goşýan möhüm ylym-bilim merkezine öwrülendigini görkezýär. Begli ABDYKADYROW. «Türkmenistan». Surata düşüren Ahmet TÜRŞEKOW.
Инновации на службе экологии
На днях в Туркменском государственном университете имени Махтумкули состоялась международная научно-практическая конференция в онлайн-формате «Приоритетное направление Целей устойчивого развития: Вопросы экологии и изменения климата», приуроченная ко Всемирному дню охраны окружающей среды. Данный представительный форум стал очередным свидетельством эффективности масштабной экологической стратегии, последовательно и неуклонно претворяемой в жизнь под мудрым руководством уважаемого Президента Аркадаглы Героя Сердара и Национального Лидера туркменского народа, Председателя Халк Маслахаты Туркменистана Героя-Аркадага. Прошедший форум явился ярким отражением неослабевающего внимания мирового сообщества к вопросам современности: охране окружающей среды, рачительному использованию природных ресурсов и противодействию климатическим вызовам эпохи. В авангарде решения этих глобальных процессов неизменно выступает независимый нейтральный Туркменистан. Наша Отчизна, демонстрируя высокую ответственность за будущее планеты, неуклонно претворяет в жизнь созидательную экологическую стратегию и выступает генератором международных инициатив, нацеленных на обеспечение всеобщего благополучия и успешную реализацию Целей устойчивого развития третьего тысячелетия. Мухаммет БЕРДЫЕВ.
Инновационные горизонты
В году «Независимый нейтральный Туркменистан – родина целеустремлённых крылатых скакунов» по случаю Дня науки в Инженерно-технологическом университете имени Огуз хана состоялась международная научно-практическая конференция «Университет Огуз хана: интеллект, инновации, развитие». Это мероприятие объединило участников из 22 стран мира, среди которых были преподаватели престижных вузов, видные учёные научно-исследовательских институтов, а также руководители передовых учреждений и компаний. В повестку дня конференции вошли вопросы, касающиеся взаимоотношений в приоритетных областях научных исследований, разработки и применения инновационных технологий, а также значимой роли инноваций в установлении научно-образовательно-производственных связей. Вепа ОВЕЗОВ, старший преподаватель кафедры социальных наук Инженерно-технологического университета имени Огуз хана. Фото Максата ГЫЛЫДЖОВА.
Döwrebap ösüşleriň binýady
Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynda Ylymlar güni mynasybetli «Ylym we bilim XXI asyrda» ady bilen guralan halkara maslahat bu ugurda hyzmatdaşlygy giňeltmekde, mugallymçylygyň döwrebap usullaryny ara alyp maslahatlaşmakda hem-de ýaş alymlaryň ylym-bilimlerini kämilleşdirmekde möhüm ähmiýete eýe boldy. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda ylym-bilimi kämilleşdirmek, bu ugra sanly tehnologiýalary giňden ornaşdyrmak, halkara gatnaşyklary ösdürmek döwlet syýasatynyň möhüm wezipeleriniň hatarynda durýar. Ýokary okuw mekdeplerinde ylmy barlaglar giň gerimde alnyp barylýar. Professor-mugallymlaryň, talyplaryň döredijilikli gözlegleri goldanylýar. Öňdebaryjy dünýä tejribelerini milli ulgama sazlaşykly ornaşdyrmak üçin giň mümkinçilikler döredilýär. Türkmenabat şäherindäki baýry ýokary okuw mekdebinde guralan maslahat hem hut şu asylly işleriň aýdyň beýany boldy. Agageldi ITALMAZOW. (Öz habarçymyz).
Hünärim — hormatym
Hormatly Prezidentimiziň bilim özgertmeleriniň netijesinde ýurdumyzda hünär-tehniki bilimiň hili ýokarlandyrylyp, jemgyýete peýdaly işleriň ähli esasy ugurlary boýunça hünärli işgärleri taýýarlamaga uly üns berilýär. Hünär bilimini alýanlaryň ussatlygynyň ýokarlanmagynda, hünär derejeli işçileri taýýarlamakda önümçilik we tejribe okuwlary, hünär bäsleşikleri oňyn netije berýär. 6-njy iýunda Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň guramagynda S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetinde hem-de Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrliginiň Söwda hünär-tehniki okuw mekdebinde hünär-tehniki bilim maksatnamasyny amala aşyrýan bilim edaralarynyň ýaşlarynyň arasynda «Hünär ussatlygy» atly bäsleşigiň jemleýji döwlet tapgyry geçirildi. Oňa gatnaşmak üçin ýurdumyzyň çar künjeginden hünär-tehniki bilim alýan ýaşlar, olaryň halypa mugallymlarydyr ussalary paýtagtymyza ýygnandylar. Bäsleşigiň geçirilen ýeri özboluşly hünär baýramçylygyna öwrüldi. Rahmanberdi GÖKLEŇOW. «Türkmenistan».
Mugallymyňyza hemişe minnetdar boluň!
ýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň hem-de Gahryman Arkadagymyzyň alyp barýan döwlet syýasatynda bilim ulgamyna aýratyn orun berilýär. Islendik döwletiň kuwwaty onuň bilimli, terbiýeli we watansöýüji ýaşlaryna baglydyr. Şeýle ýaşlary terbiýeläp ýetişdirmekde mugallymlara aýratyn orun degişlidir. Läle ALLABERDIÝEWA, Hydyr Derýaýew adyndaky Mugallymçylyk mekdebiniň mugallymy.
Mertlik mekdebiniň beýany
Osman Ödäýewiň türkmen taryhy barada iň şowly çykan uly göwrümli eserleriniň biri «Altynjan hatyn». Roman XI asyrda Gündogarda dabarasy dag aşan Togrul beg hem onuň ýakynlary hakynda söhbet açýar. Bu roman üç bölümden ybarat bolup, olar: «Birinji kitap: gelejek», «Ikinji kitap: heminzaman» we «Üçünji kitap: geçmiş». Bu uly üç bölüm hem öz mazmunyna laýyk sözbaşyly onlarça bölümleri öz içine alýar. Kitabyň ahyrynda «Sözsoňy» bölüminde romanda beýan edilýän wakalaryň taryhy seneleriniň getirilmegi hem aýratyn bellärliklidir. Eserde Altynjan hatynyň çagalygyndan tä ömrüniň ahyrky ýyllaryna çenli (1017 — 1060 ý.) wakalar beýan edilýär. Kitaby okanyňda, bu zenanyň şeýle owadan, syratly bolandygy, gaýratly, dogumly, akylly-başly, hiç bir ýigitden peslär ýaly däldigi, hatda söweş tilsimlerindenem ussatlyk bilen baş çykaryp bilýän keşbi göz öňüňde janlanýar. Onuň bu häsiýetleri, ukyp-başarnyklary eserdäki dürli söweş sahnalarynda, Togrul beg bilen ilki tanşan pursady oňa pert-pert jogaplarynda, durmuş toýundaky wakalaryň barşynda hasam aýdyň ýüze çykýar. Munuň sebäbi bolsa kakasynyň Altynjany çagalygyndan edil erkek oglan ýaly dogumly edip terbiýelemeginde diýip, ynamly aýtsa bolar. Oguljan GARRYÝEWA, Türkmen döwlet medeniýet we sungat mekdebiniň talyby.
Ylym-bilim — beýik ösüşleriň gözbaşy
Ýurdumyzyň ösüşi ylym-bilim bilen berk baglanyşyklydyr. Berkarar Watanymyzda Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallalary netijesinde ylmyň ösdürilmegine we ylymly, bilimli hünärmenleriň döredijilikli zähmet çekmeklerine giň mümkinçilikler döredilýär. Ylym-bilimiň ösýän zamanynda ýaş hünärmenleriň, alymlaryň taýýarlanmagyna, olaryň kämilleşmegine uly üns berilýär. Munuň özi röwşen geljegi üpjün etjek aýdyň maksatlardan alamatdyr. Ýaş alymlaryň kämilligi, olara döredilýän giň mümkinçilikler ylym-bilimiň şu gününi we röwşen geljegini üpjün edýär. Şol bir wagtda ylym bilen meşgullanýan hünärmenleriň sanynyň artmagyna hem ýardam edýär. Döwletgeldi ÇARWAÝEW, Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň ylmy işler boýunça prorektory.
Döwrebap ugurlar ösdürilýär
Türkmenistanda ylmyň ösdürilmegine döwlet tarapyndan aýratyn ähmiýet berilýär. Çuňňur ylmy-amaly barlaglary geçirmek, öňdebaryjy ylmy gözlegler boýunça amala aşyrylýan işleriň gerimini giňeltmek boýunça zerur şertler döredilýär. Täze maglumat-kommunikasiýa tehnologiýalaryny ornaşdyrmak, ylym edaralaryň we ýokary okuw mekdepleriniň maddy-tehniki binýadyny pugtalandyrmak babatda toplumlaýyn işler amala aşyrylýar. Ylym adamzadyň taryhynda iň uly gazananlarynyň biridir. Şonuň üçin ylym jemgyýetiň ösüşine itergi berýän esasy güýçdür. Taryhyň dowamynda ylym ynsanyň dünýägaraýşyny giňeltdi, täze açyşlary ýüze çykardy. Gadymy döwürlerden bäri tebigatyň kanunlaryny öwrenmäge bolan isleg artdy. Bu bolsa biziň häzirki zaman tehnologiýalaryna, lukmançylykdaky üstünliklere we ýaşaýyş şertlerimiziň ýokarlanmagyna getirdi. Gülnäz GURBANOWA, Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň uly mugallymy.
Taslama bäsleşigi
Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary bilen ýurdumyzyň bilim-ylym ulgamy ösdürilýär, bu ugurda halkara hyzmatdaşlygyna giň gerim berilýär. «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at myradyň mekany» ýylynda ýurdumyzda giňden bellenilýän Ylymlar güni mynasybetli uniwersitetimizde «Oguz hanyň zehinli nesilleri» atly IV integrirlenen olimpiadanyň hem-de ýaşlaryň arasynda geçirilýän innowasion tehnologiýalaryň taslama bäsleşiginiň jemleýji tapgyry üstünlikli geçirildi. Bu olimpiadanyň esasy maksady ýurdumyzyň zehinli okuwçylaryny ýüze çykarmakdan, olary bir bitewi «altyn gazna» jemlemekden hem-de geljekde ylmy-tehniki ösüşe goşant goşjak ýaşlary kemala getirmekden ybaratdyr. Munuň ähmiýetli tarapy olaryň ýeňijileriniň uniwersitetimize okuwa kabul edilmekde möhüm artykmaçlyga eýe bolmagydyr. Ýyllaryň dowamynda bu bäsleşikde ýeňiji bolan zehinli ýaşlaryň aglabasy uniwersitetimiziň talyby bolup, häzirki wagtda diňe bir okuwda däl, eýsem, halkara derejedäki ylmy bäsleşiklerde hem ýurdumyzyň abraýyny has ýokary galdyrýarlar. Merjen ISAÝEWA, Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň okuw bölüminiň esasy hünärmeni.
Ylymly nesiller — ýurduň geljegi
Jemgyýetiň ösüşi hem-de durmuş ulgamynyň özgermegi ylym-bilim bilen berk baglanyşyklydyr. Şoňa görä-de, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyz tarapyndan başy başlanan we hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilýän maksatnamalarda öňdebaryjy innowasion tejribäniň giňden ornaşdyrylmagyna möhüm ähmiýet berilýär. Şu jähetden, her ýylyň 12-nji iýunynda Ylymlar gününiň bellenilmegi ähli ösüşlerimiziň ylym bilen aýrylmaz baglanyşyklydygyny aýdyň görkezýär. Hormatly Prezidentimiz: «Taryhy gelip çykyşyny müňýyllyklardan alyp gaýdýan türkmen halky ähli döwürlerde ylymda sebit derejesinde hem, dünýä derejesinde hem uly üstünlikleri gazanypdyr. Ylym dünýäsine belent derejelere ýeten şahsyýetleri beren biziň halkymyz hiç bir döwürde hem ylymdan üzňe bolmandyr» diýip, ýurdumyzda ylmy gözlegleriň binýadyny berkitmegiň hem-de yzygiderli döwrebaplaşdyrmagyň zerurdygyny, bu babatda ýaşlara uly ynam bildirilýändigini nygtaýar. Ylym her bir şahsyýetiň kämilligi, jemgyýetiň we döwletiň berkararlygy, bakylygy hem-de dowamaty üçin uly ähmiýete eýedir. Altyn ROZYÝEWA, Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň uly mugallymy, filologiýa ylymlarynyň kandidaty.
Ýaşlyk. Zehin. Yhlas
Sungat ynsan kalbynyň iň näzik duýgularyny, halkyň ruhy baýlygyny bütin gözelligi bilen açyp görkezýär. 5-nji iýunda paýtagtymyzyň gözel künjekleriniň birinde ýerleşýän «Aşgabat» aýdym-saz merkezinde geçirilen «Talyp joşguny — 2026» atly döredijilik festiwalynyň jemleýji tapgyry hem uly sungat baýramynyň, ýaşlyk owazynyň beýanyna öwrüldi. Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşiniň hem-de Bilim ministrliginiň bilelikde guramagynda ýokary okuw mekdepleriniň talyp ýaşlarynyň arasynda her ýyl yglan edilýän döredijilik festiwaly milli medeniýetimizi we sungatymyzy dabaralandyrmakda möhüm ähmiýete eýedir. Milli medeniýetimiziň köpöwüşginli many-mazmunyny ýaş nesilleriň kalbyna guýmak, olaryň aýdym-saz, tans we halk döredijiligi ugrundaky zehin uçgunlaryny ýüze çykarmak maksady bilen guralan bu döredijilik festiwaly uly ruhubelentlige beslendi. Festiwalyň deslapky tapgyrlary ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerinde guraldy. Döwlet derejesindäki jemleýji tapgyra bolsa öz ukyp-başarnyklary bilen tapawutlanmagy başaran iň zehinli talyp toparlary gatnaşmaga hukuk gazandylar. Muhammetmyrat BÄŞGULYÝEW, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Aşgabat şäher geňeşiniň başlygynyň wezipesini ýerine ýetiriji.
Biotehnologiýa — janly organizmleriň ylmy goragy
Häzirki wagtda ykdysadyýetiň döwrebap ösüşi, esasan, üç ugruň, ýagny biotehnologiýalaryň, nanotehnologiýalaryň hem-de maglumat we aragatnaşyk tehnologiýalaryň ösüşi bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr. Bu ugurlar boýunça innowasiýa tehnologiýalary esasynda ylym, bilim önümçiligi utgaşdyrmak babatda döwrebap işler durmuşa geçirilýär. Hormatly Prezidentimiz «Türkmenistanda biotehnologiýany toplumlaýyn ösdürmegiň 2024 — 2028-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasyny» tassyklamak hakynda gol çeken Karary biotehnologiýanyň esasynda ýurdumyzda ösen biosenagaty emele getirmegiň ylmy esaslaryny işläp düzmek bilen bagly alnyp barylýan işleriň nobatdaky beýanyna öwrüldi. Biotehnologiýa mikroorganizmleri senagatda ulanmaga gönükdirilen ylmy-tehnologik innowasion ösüşiň wajyp ugurlarynyň biri bolmak bilen, ylmyň we önümçiligiň çalt ösýän hem-de toplumlaýyn pudagyna öwrüldi. Amaly-ylmy barlaglaryň ykdysadyýetdäki ýagdaýlardan üzňe bolmazlygyny gazanmak hem-de dünýä ylmynyň we tehnologiýalaryň geljegi uly bolan ugurlary boýunça innowasion ösüş mümkinçilikleri döretmek döwrüň talabydyr. Şoňa laýyklykda ylym ulgamynyň kuwwatyny, adamyň aň-bilim mümkinçiliklerini artdyrmak bilen, milli ykdysadyýetimiziň innowasiýalara, tehnologiýalara we öňdebaryjy tejribelere daýanýan ösüşini üpjün etmäge, ylmyň, tehnologiýalaryň, önümçiligiň hem-de pudaklaryň arabaglanyşygyny pugtalandyrmaga möhüm ähmiýet berilýär. Mukam EKÄÝEW, Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň mugallymy, tehniki ylymlaryň kandidaty.
Zehinli ýaşlar sylaglandy
Düýn Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetinde ýokary okuw mekdebiň ýolbaşçylarynyň, professor-mugallymlarynyň, talyplaryň, okuwçylaryň gatnaşmagynda «Oguz hanyň zehinli nesilleri» atly IV integrirlenen olimpiadanyň hem-de ýaşlaryň arasynda geçirilýän innowasion tehnologiýalaryň taslama bäsleşiginiň ýeňijilerini sylaglamak dabarasy boldy. Onda çykyş edenler Milli Liderimiziň, hormatly Prezidentimiziň ýaş nesil baradaky tagallasy netijesinde şeýle çäreleriň yzygiderli geçirilip, olaryň indi aýdyň netijeleri berip başlandygyny buýsanç bilen bellediler. Bu ýyl geçirilen olimpiadanyň ilkinji tapgyryna ýurdumyzyň ähli etraplaryndan 22 müňden gowrak okuwçynyň gatnaşmagy onuň geriminiň giňdigini we ýaşlaryň arasynda uly gyzyklanma döredýändiginiň aýdyň görkezdi. Birinji tapgyrdan üstünlikli geçen 2 müň 500-den gowrak okuwçy ikinji tapgyrda öz bilimini we ukyp-başarnygyny synady. Netijede, iň güýçli 68 okuwçy jemleýji tapgyra gatnaşmaga hukuk gazandylar. Ýörite habarçymyz.
Научные инициативы молодёжи
В Туркменском сельскохозяйственном университете имени С.А.Ниязова на днях состоялось награждение победителей международного конкурса научно-проектных работ «Роль молодёжи в достижении Целей устойчивого развития». Этот форум, приуроченный к Всемирному дню окружающей среды и 35-летию независимости Туркменистана, прошёл под девизом года «Независимый нейтральный Туркменистан – родина целеустремлённых крылатых скакунов», что символизирует стремление страны к прогрессу и развитию. В ходе церемонии награждения ректор Туркменского сельскохозяйственного университета имени С.А.Ниязова отметил важность подобных инициатив для формирования научного сообщества, ориентированного на устойчивое развитие и инновации. Он подчеркнул, что поддержка молодёжи и создание условий для реализации её потенциала является приоритетом государственной политики Туркменистана. Гозел ДЖАПБАРОВА, «НТ». Фото Сагита БАТАЛОВА.
Durnukly ösüşiň bähbidine iň gowy ylmy taslamalar
Daşky gurşawy goramagyň bütindünýä güni mynasybetli S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň Türkmenistanyň Bilim, Oba hojalyk, Daşky gurşawy goramak ministrlikleri bilen bilelikde guramagynda ýurdumyzyň hem-de daşary ýurtlaryň ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda «Durnukly ösüşiň maksatlaryna ýetmekde ýaşlaryň orny» atly ylmy taslama bäsleşiginiň ýeňijilerini sylaglamak dabarasy geçirildi. Bu bäsleşik Türkmenistanyň ylym-bilim ulgamyndaky halkara hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmak, ýurdumyzyň we daşary ýurtlaryň ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda dostlukly gatnaşyklary berkitmek, talyplaryň döredijilik ukyp-başarnyklaryny, ylmy gözleglere, hünärine bolan höwesini artdyrmak maksady bilen, dördünji gezek guraldy. Durnukly ösüş maksatlaryna bagyşlanan bäsleşigiň I tapgyryna ýurdumyzdan hem-de Azerbaýjandan, Bangladeşden, Belarusdan, Eýrandan, Gazagystandan, Hytaýdan, Malaýziýadan, Özbegistandan, Pakistandan, Rumyniýadan, Russiýadan, Türkiýeden 150-ä golaý iş hödürlenip, olar eminler topary tarapyndan içgin seljerildi. Netijede, onuň II tapgyryna 45 sany ylmy taslama gatnaşdyryldy. (Ýörite habarçymyz). Surata düşüren Ilaman ÇÜRIÝEW.
Маршрутами дружбы
дним из приоритетных направлений внешней политики Туркменистана, реализуемой под руководством Президента Сердара Бердымухамедова, выступает укрепление конструктивного и взаимоуважительного сотрудничества со странами Азии. Исторически сложившиеся связи, основанные на духовной близости, культурном взаимодействии и взаимном уважении, формируют прочную основу для дальнейшего развития многостороннего партнёрства. Особое значение в этом контексте приобретает туркмено-индийский диалог, который в последние годы демонстрирует устойчивую динамику и наполняется новым содержанием. Индия, являясь одним из ключевых центров мировой экономики и инновационного развития, выступает для Туркменистана важным партнёром. Взаимодействие двух стран опирается на принципы равноправия, доверия и взаимного учёта интересов, что создаёт благоприятные условия для расширения сотрудничества в различных сферах. Ата ХОДЖАМБЕРДЫЕВ, ведущий специалист Центрального совета Молодёжной организации Туркменистана имени Махтумкули.
Nebitgazçylaryň täze nesli
Häzirki wagtda ýurdumyzyň ähli sebitlerinde bolşy ýaly, Balkan welaýatynyň bilim ojaklarynda hem ýaş nesle döwrebap bilim bermekde we hünär öwretmekde netijeli işler alnyp barylýar. Bu babatda «Türkmennebit» döwlet konserniniň Balkanabat nebitçilik orta hünär okuw mekdebinde hem netijeli işler durmuşa geçirilýär. Orta hünär okuw mekdebinde 1 müň 300-den gowrak talyba nebitgaz, himiýa, elektrik we beýleki tehniki ugurlar boýunça hünärleriň 20-den gowragy öwredilýär. Mekdepde doly derejede görkezme esbaplary, sanly ulgamyň mümkinçilikleri bilen üpjün edilen 50 sany synp otagy, himiýa we fizika barlaghanalary, lukmançylyk otagy hem-de beýlekiler hereket edýär. Şeýle hem mekdebiň web saýty, içerki bilim portaly we elektron kitaphanasy talyplaryň häzirki döwrüň öňdebaryjy tejribelerini maksadalaýyk özleşdirmeklerine ýardam berýär. Wirtual äýnekleriň kömegi bilen, okuw mekdebiniň içine syýahat etmek boýunça programma üpjünçiligi talyplaryň sanly dünýä aralaşmaklary üçin uly mümkinçilikleri döredýär. Häzirki wagtda bu ulgamy okuw we okuw-önümçilik işlerine ornaşdyrmak boýunça hem taslamalar taýýarlanylýar. Ýurdumyzyň bilim ojaklarynda elektron usuly toplumlaryň döredilmegi we maglumat gorunyň baýlaşdyrylmagy bilim bermegiň başlangyç ädimlerinden başlap, okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmekden hem-de bilim berlişiniň ýokary hilini gazanmakdan ybaratdyr. Arazguly HUDAÝGULYÝEW. (Öz habarçymyz).
Makroykdysadyýet dersinden halkara olimpiada
Golaýda Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynda ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda makroykdysadyýet dersi boýunça IV açyk halkara internet olimpiadasy geçirildi. Bu intellektual bäsleşik dürli ýurtlaryň zehinli talyplaryny birleşdirip, tejribe alyşmak we ylmy gatnaşyklary berkitmek üçin möhüm meýdança boldy. Olimpiada ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň 20-sinden, şeýle hem 9 döwletiň — Russiýanyň, Germaniýanyň, Gazagystanyň, Belarusuň, Pakistanyň, Gyrgyzystanyň, Täjigistanyň, Özbegistanyň we Ermenistanyň öňdebaryjy uniwersitetleriniň 16-syndan jemi 135 talyp gatnaşdy. Halkara ders bäsleşiginiň düzgünlerine laýyklykda, oňa ýokary okuw mekdepleriniň hersinden 4-e çenli talybyň gatnaşmagyna rugsat berilýär. (Ýörite habarçymyz).