Ýurdumyzda giňden bellenilýän Ylymlar gününe gabatlanyp, Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetinde giň gerimli çäreleriň hepdeligi ýaýbaňlandyryldy. 10-11-nji iýunda utgaşykly görnüşde geçirilen «Oguz han uniwersiteti: zehin, innowasiýa, ösüş» atly halkara ylmy-amaly maslahat hem şolaryň biri boldy.
Maslahatyň çäklerinde türkmen halkynyň medeniýeti we sungaty bilen tanyşdyrýan gymmatlyklaryň sergisi-de guraldy. Daşary ýurtly myhmanlaryň ýurdumyzyň ýaşlarynyň arasynda yglan edilen innowasion tehnologiýalar bäsleşigine gatnaşyjylaryň, uniwersitetiň professor-mugallymlarynyň we talyplarynyň oýlap tapyşlaryna hem-de ylmy mümkinçiliklerine baha bermeklerine amatly şert döredildi. Bu işleriň köp möçberliligi, täzeçillige baýlygy şu ýyl döredilenine 10 ýyl dolýan Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň geçen gysga döwrüň içinde innowasiýalara we oýlap tapyşlara ymtylýan zehinli ýaş nesilleri höweslendirmek işine mynasyp goşant goşýan möhüm ylym-bilim merkezine öwrülendigini görkezýär.