Döredijilik bäsleşikleri
Zehinleri ýüze çykarmak üçin geçirilýän döwlet derejeli ýaryşlar.
“Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň edebi eserleriniň many-mazmun baýlygy, çeperçilik ussatlygy” diýen tema boýunça Türkmen döwlet medeniýet institutynda geçirilýän ylmy makalalaryň bäsleşigi
Ýurdumyzda 2026-njy ýylyň “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany” ýyly diýlip yglan edilmegi we Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygy mynasybetli ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň gatnaşmagynda “Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň edebi eserleriniň many-mazmun baýlygy, çeperçilik ussatlygy” diýen tema boýunça Türkmen döwlet medeniýet institutynda geçirilýän ylmy makalalaryň bäsleşigi UMUMY DÜZGÜNLER Türkmenistanyň Prezidenti Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň hem-de türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň ýolbaşçylygynda halkymyzyň gadymdan gelýän watançylyk, parahatçylyk söýüjilik, ynsanperwerlik, agzybirlik, dostluk-doganlyk, arassa ahlaklylyk, zähmetsöýerlik ýörelgeleriniň durmuşymyza giňden ornaşdyrylmagy netijesinde mukaddes Garaşsyzlygymyzyň we hemişelik Bitaraplygymyzyň halkara ähmiýeti yzygiderli ýokarlanýar we baý many-mazmuna eýe bolýar. Ýurdumyzda üstünlikli durmuşa geçirilýän, bedew batly beýik ösüşlere beslenýän döwlet syýasatymyz dünýä bileleşiginde giň goldaw tapýar. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz 2026-njy ýyly “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany” ýyly diýip yglan etdi. Hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany” ýylynda ýurdumyzda Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygy giňden dabaraly bellenilýär. Bu şanly sene ýurdumyzda dürli çäreleri geçirmek bilen dabaralandyrylýar. Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň şanly 35 ýyllygy mynasybetli meýilleşdirilýän çäreleriň çäginde Türkmen döwlet medeniýet institutynda mukaddes Garaşsyzlygymyzyň, hemişelik Bitaraplygymyzyň ähmiýetini, Türkmenistanyň Prezidenti Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň, türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň amala aşyrýan il-ýurt bähbitli, halkara, dünýä ähmiýetli beýik işlerini, ajaýyp eserleriniň jemgyýetçilik ähmiýetini, çeperçilik gymmatyny, Berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda gazanylýan ajaýyp ösüşleri wagyz etmek maksady bilen, ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň gatnaşmagynda “Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň edebi eserleriniň many-mazmun baýlygy, çeperçilik ussatlygy” diýen tema boýunça ylmy makalalaryň bäsleşigi geçirilýär. Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň edebi eserleriniň baý many-mazmunyny, ähmiýetini beýan edýän ylmy makalalary ýazmak boýunça ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň gatnaşmagynda geçirilýän bäsleşigiň düzgünnamasy (mundan beýläk, Düzgünnama) bäsleşigiň maksadyny we wezipelerini, oňa gatnaşyjylara bildirilýän talaplary, bäsleşigi geçirmegiň tertibini kesgitleýär. Düzgünnamanyň ýerine ýetirilmegine Türkmen döwlet medeniýet institutynda hereket edýän jemgyýetçilik guramalarynyň ýolbaşçylary we ylym bölüminiň işgärleri jogap berýärler, olar guramaçylyk topary hökmünde bellenen işleri alyp barýarlar. Bäsleşik boýunça tapawutlanan işler çap edilmegi üçin ýurdumyzyň gazet-žurnallaryna hödürleniler we olar baradaky maglumatlar institutyň resmi saýtynda ýerleşdiriler. BÄSLEŞIGIŇ MAKSADY WE WEZIPELERI Bäsleşigiň maksady: Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň edebi eserleriniň baý many-mazmunyny, çeperçilik gymmatyny, ähmiýetini açyp görkezýän ylmy makalalary ýazmaga, ylmy-döredijilik işi bilen meşgullanmaga talyp ýaşlary höweslendirmek. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň ýaşlarynyň çeper edebiýata, söz sungatyna, şahyrana eserlere bolan gyzyklanmalaryny ösdürmek, şahsyýet hökmünde kemala gelmegine, ata-babalarymyzyň ruhy-ahlak ýörelgelerine wepaly nesiller bolup ýetişmegine ýardam bermek, olarda eziz Watanymyza, merdana halkymyza, milli medeniýetimize guwanjy, buýsanjy terbiýelemek. Bäsleşigiň wezipeleri: - Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň edebi eserleriniň baý many-mazmunyny, çeperçilik gymmatyny ylmy taýdan beýan etmek işine zehinli talyp ýaşlaryň işjeň gatnaşmagyny gazanmak; - zehinli ýaşlary ýüze çykarmak; - ýaşlaryň ylmy-döredijilik ukyp-başarnyklaryny kämilleşdirmek. BÄSLEŞIGI GEÇIRMEGIŇ WE OŇA GATNAŞMAGYŇ ŞERTLERI Bäsleşigi geçirmegiň we oňa gatnaşmagyň şertleri degişli edaralara hat ibermek esasynda we ýörite bildiriş arkaly institutyň resmi saýtynda mälim edilýär. Bäsleşigiň jemleýji tapgyry 2026-njy ýylyň 28-nji martynda sagat 15.00-da Türkmen döwlet medeniýet institutynda geçirilýär. Ýokary okuw mekdebinden bäsleşige gatnaşjak talybyň ylmy makalasy (kagyzda çap edilen görnüşde we elektron göterijide), talyp barada maglumaty beýan edýän hat (bäsleşige gatnaşýan talybyň familiýasy, ady, atasynyň ady, okaýan fakulteti, hünäri we ýyly, makalasynyň ady görkezilmeli) 2026-njy ýylyň 15-nji martyna çenli Türkmen döwlet medeniýet institutyna ugradylmaly. Ylmy makalanyň möçberi A4 (210×297 mm) ölçegde, 4-5 sahypa bolmaly. Sahypa ölçegleri: ýokary we aşak taraplarda – 2,0 sm, çep tarapda – 2,5 sm, sag tarapda – 1,5 sm. Umumy görnüş – “kitap” görnüşli, şrifti – Times New Roman, ölçegi – 14 pt, setir arasy – 1. 3.6. Elektron görnüşde tabşyrylýan ähli materiallar diňe Word for Windows formatynda kabul edilýär (doc we docx giňeltmesi bilen). 3.7. Bäsleşige hödürlenýän ylmy makalada ylmy işe bildirilýän talaplar berjaý edilmelidir. 3.8. Bildirilýän talaplara laýyk gelmeýän işler kabul edilmeýär. 3.9. Iş tabşyrylandan soňra hödürlenilen düzedişler we goşundylar kabul edilmeýär. BÄSLEŞIGIŇ GEÇIRILIŞ TERTIBI Bäsleşik şu tertipde geçirilýär: talybyň şu Düzgünnamada görkezilen many-mazmunly türkmen dilinde beýan edilen we ýokary okuw mekdebi tarapyndan hödürlenen ylmy makalasy bäsleşigiň jemleýji tapgyrynda eminleriň baha bermegi üçin kabul edilýär; Bäsleşige hödülenilýän ylmy makala Gahryman Arkadagymyzyň romanlarynyň biri, ýagny “Älem içre at gezer” romany ýa-da “Döwlet guşy” romany, ýa-da şahyrana eserleri (goşgulary) boýunça bolup biler. Ylmy makalanyň ady bäsleşigiň ady bilen baglylykda erkin saýlanylyp bilner. makala ýokary okuw mekdebiniň resmi haty bilen ugradylmaly we makala degişli alym tarapyndan 1 syn berilmeli. her ýokary okuw mekdebinden 1 iş (ylmy makala) bäsleşikde seredilmegi üçin kabul edilýär. BÄSLEŞIGIŇ EMINLERI Bäsleşige hödürlenilen işlere mynasyp baha bermek üçin, guramaçylyk topary tarapyndan eminler saýlanylyp alynýar. Eminler toparynyň agzalary hakynda bäsleşik jemlenende mälim edilýär. Bäsleşigiň eminleri özbaşdak işleýärler we olaryň netijeleri gutarnykly hasap edilýär. VI. BÄSLEŞIGIŇ ÝEŇIJILERINI SYLAGLAMAK Bäsleşik boýunça ýeňijiler emin agzalary tarapyndan saýlanylýar we köpçülige mälim edilýär. Bäsleşigiň jemi boýunça 1 (bir) 1-nji, 2 (iki) 2-nji, 3 (üç) 3-nji orunlar bellenilýär. Türkmen döwlet medeniýet institutynyň rektory (rektorlygy) tarapyndan ýeňijilere Hormat haty we gatnaşyjylara Minnetdarlyk haty, sowgatlar gowşurylýar. Guramaçylyk topary: habarlaşmak üçin telefon belgiler – 481105, 482117. Welaýatlarda ýerleşýän ýokary okuw mekdeplerinden maglumatlary (resmi hat we beýlekiler) ýollamak üçin elektron salgy – tdmi.ylymbolumi@gmail.com.
Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň “Atda wepa-da bar, sapa-da” eseri boýunça “Kitap bilen dünýä syry açylýar” atly kitap okamak bäsleşigi
2026-njy “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany” ýylynda Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň şanly 35 ýyllyk baýramy mynasybetli Aşgabat hem-de Arkadag şäherleriniň orta mekdepleriniň 10-11-12-nji synp okuwçylarynyň arasynda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy, türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň “Atda wepa-da bar, sapa-da” eseri boýunça “Kitap bilen dünýä syry açylýar” atly kitap okamak bäsleşigi Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýurdumyzyň gülläp ösmegi ugrunda durmuşa geçirýän beýik işlerini, Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllygynyň waspyny giňden wagyz etmek, at-abraýy dünýä dolan Ahalteke bedewlerimiziň özboluşly aýratynlyklaryny açyp görkezmek, şeýle-de ýurdumyzyň ýaş nesilleriniň arasynda kitap okamaga bolan höwesi has-da artdyrmak maksady bilen, Halkara senagatçylar we telekeçiler uniwersiteti tarapyndan Aşgabat hem-de Arkadag şäherleriniň orta mekdepleriniň 10-11-12-nji synp okuwçylarynyň arasynda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy, türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň “Atda wepa-da bar, sapa-da” atly eseri boýunça bäsleşigini guramak we geçirmek boýunça Düzgünnama işlenip taýýarlanyldy. I. Bäsleşigiň maksady 1.1. Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň durmuşa geçirýän beýik işlerini wagyz etmek, Ahalteke bedewlerimiziň özboluşly aýratynlyklaryny açyp görkezmek, umumybilim berýän orta mekdepleriň okuwçylarynyň arasyndan zehinli ýaşlary ýüze çykarmakdan; 1.2. Ýaş nesilleriň kitap okamaga bolan höwesini ýokarlandyrmakdan, olaryň milli mirasymyz babatdaky bilimlerini, düşünjelerini kämilleşdirmekden ybarat. II. Bäsleşigiň geçiş tertibi 2.1. Bäsleşigiň guramaçylary bolup Halkara senagatçylar we telekeçiler uniwersiteti çykyş edýär; 2.2. Bäsleşigiň guramaçylyk işleri Halkara senagatçylar we telekeçiler uniwersitetiniň mugallymlaryndan ybarat bolan topar tarapyndan ýerine ýetiriler; 2.3. Bäsleşik 2026-njy ýylyň 10-njy martynda Halkara senagatçylar we telekeçiler uniwersitetiniň binalar toplumynda geçiriler; 2.4. Kitap okamak boýunça geçiriljek bäsleşik test görnüşinde bolar. Soraglar Gahryman Arkadagymyzyň “Atda wepa-da bar, sapa-da” atly eseri esasynda taýýarlanylar; 2.5. Bu bäsleşige Aşgabat hem-de Arkadag şäherleriniň orta mekdepleriniň 10-11-12-nji synp okuwçylary gatnaşyp biler. Bäsleşige Aşgabat hem-de Arkadag şäherleriniň orta okuw mekdeplerinden 3 sany okuwçylardan hem-de jogapkär mugallymdan ybarat bolan toparlar gatnaşar. Bäsleşige gatnaşmaga isleg bildirýän mekdep okuwçylary özüniň şahsy maglumatlaryny goşunda laýyklykda, 2026-njy ýylyň 28-nji fewralyna çenli görkezilen elektron salga ugratmaly: hstubasleshik@gmail.com (goşulýar). III. Bäsleşigiň ýeňijilerini kesgitlemegiň tertibi 3.1. Bäsleşigiň ýeňijileri Halkara senagatçylar we telekeçiler uniwersitetiniň eminler topary tarapyndan kesgitlener; 3.2. Bäsleşiginiň ýeňijilerini I, II we III orunlar bilen yglan ediler. Ýeňijiler Halkara senagatçylar we telekeçiler uniwersitetiniň degişli diplomlary we hemaýatkärleriň sowgatlary bilen sylaglanylar. Habarlaşmak üçin: Tel: +99361444436, +99362401810 Elektron salgy: hstubasleshik@gmail.com Goşundy “Kitap bilen dünýä syry açylýar” atly kitap okamak bäsleşigine gatnaşjak ___-nji orta mekdebiniň okuwçylary barada MAGLUMAT T/b Okuwçynyň familiýasy, ady we atasynyň ady Mekdebi, synpy Telefon belgisi Elektron salgysy 1 2 3 Jogapkär mugallymyň familiýasy, ady we atasynyň ady, telefon belgisi, elektron salgysy ______________________________________________________________
Üns beriň, bäsleşikler!
Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda Watanymyzy ähli ugurlar boýunça ösdürmäge, gözel tebigatymyza bolan söýgini has-da artdyrmaga, eziz Diýarymyzy bagy-bossanlyga öwürmäge uly üns berilýär. Şu maksatdan ugur alyp, «Watan» gazetiniň redaksiýasy hem «Ýaş tebigatçy» jemgyýetçilik guramasy bilen bilelikde mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllygy mynasybetli eziz Diýarymyzda tebigatyň gözelliklerini gorap saklamak, onuň baýlyklaryndan rejeli peýdalanmak, daşky gurşawyň abadançylygyna goşant goşmak, ýaş nesillerde ekologiýa medeniýetini kemala getirmek boýunça alnyp barylýan işleri gazet sahypalarynda şöhlelendirmek maksady bilen, «Bagy-bossan Watanym!» atly döredijilik bäsleşigini yglan edýär. «Ýaş tebigatçy» jemgyýetçilik guramasynyň resmi agzalary öň metbugat sahypalarynda çap edilmedik we başga bäsleşiklere hödürlenmedik, gözel tebigatymyz bilen baglanyşykly makalalaryny, şygyr, kyssa hem-de dürli žanrlarda ýazylan eserlerini bäsleşige hödürläp bilerler. Bäsleşige hödürlenýän işlerde berkarar Watanymyzyň gazanýan üstünlikleri, halkymyzyň asudalyk, agzybirlik, abadançylyk, ynsanperwerlik ýaly düşünjeleri, hemişelik Bitaraplygymyzyň sebitiň we dünýäniň parahatçylykly ösüşlerine, halklaryň ynanyşyp ýaşamaklaryna ýetirýän täsiri, gözel tebigatymyzyň baýlyklaryny gözüň göreji deýin goramak we oňa söýgi bilen garamak bilen bagly garaýyşlar şöhlelendirilmelidir. Şeýle hem eserleriň mazmuny ýurdumyzda «ýaşyl» ösüşe gönükdirilen işler, Garaşsyz Watanymyzda parahatçylyk we tebigatyň abadançylygy, her bir adamyň gündelik durmuşynda tebigaty goramaga goşup bilýän goşandy, şeýle hem «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylan 2026-njy ýylda alnyp barylýan işler bilen bagly bolup biler. Bäsleşige gatnaşyjylar hödürleýän eserleriniň ýanyna özleri hakyndaky maglumaty (okaýan, işleýän, ýaşaýan ýeriniň salgysyny, iş, öý ýa-da el telefonynyň belgisini) goşmalydyr. Bäsleşigiň jemi 2026-njy ýylyň sentýabr aýynda jemlenip, ýeňijilere Hormat hatlary we baýraklar gowşurylar. Hödürlenjek eserleri «Bagy-bossan Watanym!» atly döredijilik bäsleşigine» diýen ýazgy bilen 2026-njy ýylyň sentýabr aýynyň 16-syna çenli «Watan» gazetiniň redaksiýasynyň watan@sanly.tm elektron poçtasyna ibermeli. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe halkymyzyň agzybirlikde gadam goýan «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýyly mynasybetli gazet-žurnallaryň redaksiýalarynda yglan edilýän bäsleşikleriň hatarynda «Watan» gazeti hem döredijilik bäsleşiklerini yglan edýär. Olarda halkymyzyň eşretli durmuşy, döwletimiziň adamzat bähbitli asylly başlangyçlary, amal edýän beýik işleri, dünýä ýüzündäki belent abraýy, halkara dost-doganlyk, ýakyn hyzmatdaşlyk gatnaşyklary, ildeşlerimiziň zähmet üstünlikleri, türkmençilik ýörelgesi, şöhratly taryhymyz, ýaşlar syýasaty, şanly Garaşsyzlygymyzyň, hemişelik Bitaraplygymyzyň eçilýän miweleri şöhlelendirilýär. «Watan» gazetiniň redaksiýasy hem şeýle asylly maksatlary çelgi edinip, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Aşgabat şäheriniň Bagtyýarlyk etrap geňeşi bilen bilelikde döredijilik bilen meşgullanýan ýaşlary goldamak, olardan has zehinlilerini ýüze çykarmak üçin «Ösüşlerde bedewleriň bady bar» atly döredijilik bäsleşigini yglan edýär. Bäsleşige döredijilik bilen iş salyşýan ýaşlarymyzyň her biri (öň metbugat sahypalarynda çap edilmedik we başga bäsleşiklere hödürlenmedik) makalalaryny, şygyr, kyssa hem-de dürli žanrlarda ýazylan eserlerini, bedew bilen baglanyşykly çeken suratlaryny hödürläp bilerler. Bäsleşigiň maksadyna laýyklykda, hödürlenýän işler döredijilikli çemeleşilen we beýan edilen bolmaly. Döredijilik bäsleşigine gatnaşmaga isleg bildirýän ýaşlarymyz hödürleýän eserleriniň ýanyna özleri hakyndaky maglumaty (okaýan, işleýän, ýaşaýan ýeriniň salgysyny, iş, öý ýa-da el telefonynyň belgisini) goşmalydyr. Eserler kompýuterde ýygylan, ýagny elektron görnüşinde bolmaly. Bäsleşigiň jemi 2026-nji ýylyň dekabr aýynda jemlener we ýeňijilere Hormat hatlary we baýraklar gowşurylar. Her bir ugradyljak eser «Ösüşlerde bedewleriň bady bar» atly döredijilik bäsleşigine» diýen ýazgy bilen «Watan» gazetiniň redaksiýasyna iberilmelidir. Biziň salgymyz: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly — 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany. Telefonlarymyz: 38-61-05; 38-61-07; 38-61-16; 38-61-17. Gazetiň elektron poçtasy: watan@sanly.tm Çeşmesi:Türkmenmetbugat
Üns beriň, bäsleşik!
Türkmenistanyň Bilim ministrligi, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşi, «Mugallymlar gazeti» gazetiniň redaksiýasy «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda bilim işgärleriniň makalalarynyň we goşgularynyň iň gowularyny çap etmegi nazarda tutup, «Bedew batly ösüşler» atly döredijilik bäsleşigini yglan edýärler. Bäsleşigiň maksady Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanda ýaş nesliň ylymly-bilimli, giň dünýägaraýyşly bolup ýetişmegi we milli ruhda terbiýelenmegi ugrunda edilýän tagallalary wagyz etmekden ybaratdyr. Gahryman Arkadagymyzyň ajaýyp eserleriniň many-mazmunyny ýaş nesillere düşündirmek, hormatly Prezidentimiziň «Ýaşlar — Watanyň daýanjy», «Änew — müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýet», «Magtymguly — dünýäniň akyldary», «Türkmenistanyň Bitaraplygy — parahatçylygyň we ynanyşmagyň aýdyň ýoly» atly kitaplarynyň terbiýeçilik ähmiýetini giňişleýin beýan etmek esasy ugurlar bolup durýar. Bäsleşige hödürlenilýän işlerde Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallalary bilen ýurdumyzda gazanylýan bedew batly ösüşler, ýaş nesilleri milli ruhda terbiýelemekde durmuşa geçirilýän işler makalalarda we goşgularda beýan edilmelidir. Şeýle hem bäsleşige hödürlenilýän işlerde mukaddes Garaşsyzlygymyz, eziz Watanymyz wasp edilmelidir, milli ýörelgelerimiz bolan gymmatlyklarymyz beýan edilmelidir. Şonuň ýaly-da, pähimdar pederlerimiziň terbiýe mekdebini, milli gymmatlyklarymyzy, behişdi bedewlerimizi wasp etmek esasy ugurlaryň biri bolup durýar. Bäsleşige 35 ýaşa çenli döredijilik bilen meşgullanýan ýaşlar we bilim işgärleri gatnaşyp bilerler. Bäsleşik iki ugur boýunça geçirilýär: — iň gowy makalalar; — iň gowy goşgular. Bäsleşige hödürlenilýän makalalar we goşgular döredijilik işlerine bildirilýän talaplara laýyk gelmelidir, çeperçilik, many-mazmun taýdan ýokary derejede bolmalydyr. Bäsleşige ozal çap edilmedik döredijilik işleri hödürlenmelidir. Bäsleşige hödürlenilýän işler kagyz görnüşinde hem-de elektron göterijide tabşyrylmalydyr. Bäsleşige gatnaşmaga isleg bildirýän bilim işgäri familiýasyny, adyny, atasynyň adyny, doglan senesini, wezipesini, ylmy derejesini, iş we öý salgysyny hem-de telefon belgisini görkezmelidir we döredijilik işini 2026-njy ýylyň 1-nji maýyna çenli «Mugallymlar gazeti» gazetiniň redaksiýasyna gowşurmalydyr. Bäsleşige hödürlenilen işler ýörite topar tarapyndan seljeriler. Eserleriň has tapawutlananlary «Mugallymlar gazeti» gazetinde çap ediler. Bäsleşigiň jemi 2026-njy ýylyň maý aýynyň soňky ongünlüginde Türkmenistanyň Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezinde jemlener. Bäsleşigiň ýeňijileri Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň, Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň, «Mugallymlar gazeti» gazetiniň redaksiýasy tarapyndan Hormat hatlary we gymmat bahaly sowgatlar, şeýle hem tapawutlanan işler üçin höweslendiriji baýraklar dabaraly ýagdaýda gowşurylar. Habarlaşmak üçin telefonlar:Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşi: 44-88-55;«Mugallymlar gazeti» gazetiniň redaksiýasy: 39-96-40;«Mugallymlar gazeti» gazetiniň elektron poçtasy:mugallymlar-gazeti@sanly.tm Çeşmesi:Türkmenmetbugat