Logo
Yza gaýtmak
“Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň edebi eserleriniň many-mazmun baýlygy, çeperçilik ussatlygy” diýen tema boýunça Türkmen döwlet medeniýet institutynda geçirilýän ylmy makalalaryň bäsleşigi

“Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň edebi eserleriniň many-mazmun baýlygy, çeperçilik ussatlygy” diýen tema boýunça Türkmen döwlet medeniýet institutynda geçirilýän ylmy makalalaryň bäsleşigi

21.02.2026 Döredijilik bäsleşikleri
14

Ýurdumyzda 2026-njy ýylyň “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany” ýyly diýlip yglan edilmegi we Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygy mynasybetli ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň gatnaşmagynda “Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň edebi eserleriniň many-mazmun baýlygy, çeperçilik ussatlygy” diýen tema boýunça Türkmen döwlet medeniýet institutynda geçirilýän ylmy makalalaryň bäsleşigi

 

UMUMY DÜZGÜNLER

 

Türkmenistanyň Prezidenti Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň hem-de türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň ýolbaşçylygynda halkymyzyň gadymdan gelýän watançylyk, parahatçylyk söýüjilik, ynsanperwerlik, agzybirlik, dostluk-doganlyk, arassa ahlaklylyk, zähmetsöýerlik ýörelgeleriniň durmuşymyza giňden ornaşdyrylmagy netijesinde mukaddes Garaşsyzlygymyzyň we hemişelik Bitaraplygymyzyň halkara ähmiýeti yzygiderli ýokarlanýar we baý many-mazmuna eýe bolýar. Ýurdumyzda üstünlikli durmuşa geçirilýän, bedew batly beýik ösüşlere beslenýän döwlet syýasatymyz dünýä bileleşiginde giň goldaw tapýar. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz 2026-njy ýyly “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany” ýyly diýip yglan etdi. 

Hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany” ýylynda ýurdumyzda Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygy giňden dabaraly bellenilýär. Bu şanly sene ýurdumyzda dürli çäreleri geçirmek bilen dabaralandyrylýar.  

Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň şanly 35 ýyllygy mynasybetli meýilleşdirilýän çäreleriň çäginde Türkmen döwlet medeniýet institutynda mukaddes Garaşsyzlygymyzyň, hemişelik Bitaraplygymyzyň ähmiýetini, Türkmenistanyň Prezidenti Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň, türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň amala aşyrýan il-ýurt bähbitli, halkara, dünýä ähmiýetli beýik işlerini, ajaýyp eserleriniň jemgyýetçilik ähmiýetini, çeperçilik gymmatyny, Berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda gazanylýan ajaýyp ösüşleri wagyz etmek maksady bilen, ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň gatnaşmagynda “Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň edebi eserleriniň many-mazmun baýlygy, çeperçilik ussatlygy” diýen tema boýunça ylmy makalalaryň bäsleşigi geçirilýär. 

Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň edebi eserleriniň baý many-mazmunyny, ähmiýetini beýan edýän ylmy makalalary ýazmak boýunça ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň gatnaşmagynda geçirilýän bäsleşigiň düzgünnamasy (mundan beýläk, Düzgünnama) bäsleşigiň maksadyny we wezipelerini, oňa gatnaşyjylara bildirilýän talaplary, bäsleşigi geçirmegiň tertibini kesgitleýär.

Düzgünnamanyň ýerine ýetirilmegine Türkmen döwlet medeniýet institutynda hereket edýän jemgyýetçilik guramalarynyň ýolbaşçylary we ylym bölüminiň işgärleri jogap berýärler, olar guramaçylyk topary hökmünde bellenen işleri alyp barýarlar.

Bäsleşik boýunça tapawutlanan işler çap edilmegi üçin ýurdumyzyň gazet-žurnallaryna hödürleniler we olar baradaky maglumatlar institutyň resmi saýtynda ýerleşdiriler.

 

BÄSLEŞIGIŇ MAKSADY WE WEZIPELERI

 

Bäsleşigiň maksady:

Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň edebi eserleriniň baý many-mazmunyny, çeperçilik gymmatyny, ähmiýetini açyp görkezýän ylmy makalalary ýazmaga, ylmy-döredijilik işi bilen meşgullanmaga talyp ýaşlary höweslendirmek.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň ýaşlarynyň çeper edebiýata, söz sungatyna, şahyrana eserlere bolan gyzyklanmalaryny ösdürmek, şahsyýet hökmünde kemala gelmegine, ata-babalarymyzyň ruhy-ahlak ýörelgelerine wepaly nesiller bolup ýetişmegine ýardam bermek, olarda eziz Watanymyza, merdana halkymyza, milli medeniýetimize guwanjy, buýsanjy terbiýelemek.

 

Bäsleşigiň wezipeleri:

- Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň edebi eserleriniň baý many-mazmunyny, çeperçilik gymmatyny ylmy taýdan beýan etmek işine zehinli talyp ýaşlaryň işjeň gatnaşmagyny gazanmak;

- zehinli ýaşlary ýüze çykarmak;

- ýaşlaryň ylmy-döredijilik ukyp-başarnyklaryny kämilleşdirmek.

 

BÄSLEŞIGI GEÇIRMEGIŇ WE OŇA GATNAŞMAGYŇ 

ŞERTLERI

 

Bäsleşigi geçirmegiň we oňa gatnaşmagyň şertleri degişli edaralara hat ibermek esasynda we ýörite bildiriş arkaly institutyň resmi saýtynda mälim edilýär.

Bäsleşigiň jemleýji tapgyry 2026-njy ýylyň 28-nji martynda sagat 15.00-da Türkmen döwlet medeniýet institutynda geçirilýär.

Ýokary okuw mekdebinden bäsleşige gatnaşjak talybyň ylmy makalasy (kagyzda çap edilen görnüşde we elektron göterijide), talyp barada maglumaty beýan edýän hat (bäsleşige gatnaşýan talybyň familiýasy, ady, atasynyň ady, okaýan fakulteti, hünäri we ýyly, makalasynyň ady görkezilmeli) 2026-njy ýylyň 15-nji martyna çenli Türkmen döwlet medeniýet institutyna ugradylmaly.

Ylmy makalanyň möçberi A4 (210×297 mm) ölçegde, 4-5 sahypa bolmaly.

Sahypa ölçegleri: ýokary we aşak taraplarda – 2,0 sm, çep tarapda – 2,5 sm, sag tarapda – 1,5 sm. Umumy görnüş – “kitap” görnüşli, şrifti – Times New Roman, ölçegi – 14 pt, setir arasy – 1.

 3.6. Elektron görnüşde tabşyrylýan ähli materiallar diňe Word for Windows formatynda kabul edilýär (doc we docx giňeltmesi bilen).

3.7. Bäsleşige hödürlenýän ylmy makalada ylmy işe bildirilýän talaplar berjaý edilmelidir.  

3.8. Bildirilýän talaplara laýyk gelmeýän işler kabul edilmeýär.

3.9. Iş tabşyrylandan soňra hödürlenilen düzedişler we goşundylar kabul edilmeýär.

 

BÄSLEŞIGIŇ GEÇIRILIŞ TERTIBI

 

Bäsleşik şu tertipde geçirilýär:

talybyň şu Düzgünnamada görkezilen many-mazmunly türkmen dilinde beýan edilen we ýokary okuw mekdebi tarapyndan hödürlenen ylmy makalasy bäsleşigiň jemleýji tapgyrynda eminleriň baha bermegi üçin kabul edilýär;

Bäsleşige hödülenilýän ylmy makala Gahryman Arkadagymyzyň romanlarynyň biri, ýagny “Älem içre at gezer” romany ýa-da “Döwlet guşy” romany, ýa-da şahyrana eserleri (goşgulary) boýunça bolup biler. Ylmy makalanyň ady bäsleşigiň ady bilen baglylykda erkin saýlanylyp bilner.

makala ýokary okuw mekdebiniň resmi haty bilen ugradylmaly we makala degişli alym tarapyndan 1 syn berilmeli.  

her ýokary okuw mekdebinden 1 iş (ylmy makala) bäsleşikde seredilmegi üçin kabul edilýär. 

 

BÄSLEŞIGIŇ EMINLERI

 

Bäsleşige hödürlenilen işlere mynasyp baha bermek üçin, guramaçylyk topary tarapyndan eminler saýlanylyp alynýar. Eminler toparynyň agzalary hakynda bäsleşik jemlenende mälim edilýär. Bäsleşigiň eminleri özbaşdak işleýärler we olaryň netijeleri gutarnykly hasap edilýär.

 

VI. BÄSLEŞIGIŇ ÝEŇIJILERINI SYLAGLAMAK

 

Bäsleşik boýunça ýeňijiler emin agzalary tarapyndan saýlanylýar we köpçülige mälim edilýär. Bäsleşigiň jemi boýunça 1 (bir) 1-nji, 2 (iki) 2-nji, 3 (üç) 3-nji orunlar bellenilýär. 

Türkmen döwlet medeniýet institutynyň rektory (rektorlygy) tarapyndan ýeňijilere Hormat haty we gatnaşyjylara Minnetdarlyk haty, sowgatlar gowşurylýar.  

 

Guramaçylyk topary: habarlaşmak üçin telefon belgiler – 481105, 482117.

Welaýatlarda ýerleşýän ýokary okuw mekdeplerinden maglumatlary (resmi hat we beýlekiler) ýollamak üçin elektron salgy – tdmi.ylymbolumi@gmail.com.