Ylmy bäsleşikleri
Zehinleri ýüze çykarmak üçin geçirilýän döwlet derejeli ýaryşlar.
Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň we Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşiniň 2026-njy ýylda Türkmenistanyň ýaşlarynyň arasynda ylmy işler boýunça bilelikde geçiren bäsleşiginiň ýeňijileri
Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň jemgyýeti öwreniş ylymlary kafedrasynyň öwreniji mugallymy Ogulşat Amanmuhammedowna Tagandurdyýewany (1-nji orun — noutbuk); Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň botanika kafedrasynyň öwreniji mugallymy Meýlis Gurbangulyýewiç Oratjanowy (1-nji orun — noutbuk); Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň jemgyýeti öwreniş ylymlary kafedrasynyň mugallymy Altyn Kurbanowna Jumagylyjowany (1-nji orun — noutbuk); Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň farmasiýa kafedrasynyň mugallymy Täçmyrat Şamuhammedowiç Durdyýewi (1-nji orun — noutbuk); Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň göz keselleri kafedrasynyň öwreniji mugallymy Mähriban Gadamowna Kasymowany (1-nji orun — noutbuk); Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň nebit we gaz ojaklaryny özleşdirmek kafedrasynyň öwreniji mugallymy Serdar Giçmyradowiç Hojagulyýewi (1-nji orun — noutbuk); Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň häzirki zaman kompýuter tehnologiýasy kafedrasynyň mugallymy Musa Serdarowiç Ýazymowy (1-nji orun — noutbuk); S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň maglumat ulgamlary we sanly tehnologiýalar kafedrasynyň mugallymy Meretmuhammet Jumanepesowiç Hojanepesowy (1-nji orun — noutbuk); S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň maldarçylyk kafedrasynyň öwreniji mugallymy Nurberdi Ýalkymowiç Orazgeldiýewi (1-nji orun — noutbuk); Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň jemgyýeti öwreniş ylymlary kafedrasynyň öwreniji mugallymy Yhlas Serdarowiç Jumakulyýewi (1-nji orun — noutbuk); Halkara senagatçylar we telekeçiler uniwersitetiniň dil öwreniş bölüminiň mugallymy Jemal Nowruzbaýewna Saparlyýewany (1-nji orun — noutbuk); Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň maliýe kafedrasynyň mugallymy Mekan Toýlyýewiç Hangeldiýewi (1-nji orun — noutbuk); Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň menejment kafedrasynyň öwreniji mugallymy Orazmuhammet Alladurdyýewiç Abaýewi (1-nji orun — noutbuk); Türkmen döwlet maliýe institutynyň bank işi kafedrasynyň öwreniji mugallymy Şirin Jorageldiýewna Öwezberdiýewany (1-nji orun — noutbuk); Türkmen döwlet maliýe institutynyň bank işi fakultetiniň magistranty Aýsenem Maksatowna Nuryýewany (1-nji orun — noutbuk); Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň türkmen dili kafedrasynyň mugallymy Ogulaý Soltanmyradowna Jumaýewany (1-nji orun — noutbuk); Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň iňlis filologiýasy kafedrasynyň öwreniji mugallymy Emir Güýçmyradowiç Mommyýewi (1-nji orun — noutbuk); Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň elektrik üpjünçiligi we elektromehanika kafedrasynyň mugallymy Nurgeldi Derýageldiýewiç Muhamedkuliýewi (1-nji orun — noutbuk); Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň kompýuter tehnologiýasy we ulgamlary kafedrasynyň mugallymy Medet Babaýewiç Saryýewi (1-nji orun — noutbuk); Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika institutynyň diller kafedrasynyň mugallymy Akbibi Ataýewna Saryýewany (1-nji orun — noutbuk); Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika institutynyň ykjam we wideomaglumat tehnologiýalary kafedrasynyň mugallymy Ahmet Muhammedowiç Annagaraýewi (1-nji orun — noutbuk); Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika institutynyň radioaragatnaşyk we radiotehniki ulgamlar kafedrasynyň öwreniji mugallymy Gözel Döwrangeldiýewna Ataýewany (1-nji orun — noutbuk); Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň inženerçilik ulgamlary we torlary kafedrasynyň öwreniji mugallymy Meýlis Hudaýberdiýewiç Artykgurbanowy (1-nji orun — noutbuk); Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň geografiýa we ony okatmagyň usulyýeti kafedrasynyň öwreniji mugallymy Merdan Ýangibaýewiç Ýangibaýewi (1-nji orun — noutbuk); Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň geografiýa we ony okatmagyň usulyýeti kafedrasynyň öwreniji mugallymy Kakamyrat Orazgeldiýewiç Ýalkabowy (1-nji orun — noutbuk); Türkmen oba hojalyk institutynyň agrohimiýa we topragy öwreniş kafedrasynyň mugallymy Hangeldi Akmyradowiç Gurbanowy (1-nji orun — noutbuk); Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň sanly elektronika kafedrasynyň mugallymy Nursähet Orazsähedowiç Allamyradowy (1-nji orun — noutbuk); Türkmen döwlet medeniýet institutynyň talyplar sport klubunyň ýokary derejeli türgenleşdiriji mugallymy Ýalkapberdi Sapargulyýewiç Annamyradowy (1-nji orun — noutbuk); Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynyň tebigy bilimler we kompýuter tehnologiýasy kafedrasynyň mugallymy Bekgylyç Hakberdiýewiç Agaýewi (1-nji orun — noutbuk); Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasynyň işgärler bölüminiň hünärmeni Tirkeşmyrat Amanmyrat ogly Seýitmyradowy (1-nji orun — noutbuk); Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Halkara ylmy-tehnologiýa parkynyň täjirçilik inkubatory we telekeçiligi ösdürmek bölüminiň müdiri Baýramgeldi Annasaparowiç Beýikowy (1-nji orun — noutbuk); Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Magtymguly adyndaky Dil, edebiýat we milli golýazmalar institutynyň aspiranty Bägül Babajanowna Berdiýewany (1-nji orun — noutbuk); Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşiniň halkara hyzmatdaşlygy bölüminiň müdiri Gurban Tirkişewiç Myradowy (1-nji orun — noutbuk); Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň psihology Aýgözel Hudaýberdiýewna Annamyradowany (1-nji orun — noutbuk); Aşgabat şäherindäki 55-nji orta mekdebiň türkmen dili we edebiýaty mugallymy Güljahan Çarymuhammedowna Abdullaýewany (1-nji orun — noutbuk); «Türkmennebit» döwlet konserniniň Balkanabat nebitçilik orta hünär okuw mekdebiniň mugallymy Gurbangeldi Baýryýewiç Garageldiýewi (1-nji orun — noutbuk); Daşoguz welaýatynyň Boldumsaz etrabyndaky 32-nji orta mekdebiň türkmen dili we edebiýaty mugallymy Leýla Orazgeldiýewna Bazarowany (1-nji orun — noutbuk); Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň ekologiýa kafedrasynyň mugallymy Orazmyrat Muhammetgurbanowiç Pirnazarowy (2-nji orun — kompýuter); Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň organiki himiýa kafedrasynyň mugallymy Annabibi Nurýagdyýewna Akmämmedowany (2-nji orun — kompýuter); Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň türkmen dili kafedrasynyň öwreniji mugallymy Kuwwat Baýramguly ogly Öwezowy (2-nji orun — kompýuter); Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň deri we weneriki keselleri kafedrasynyň öwreniji mugallymy Akgözel Jumageldiýewna Mukymowany (2-nji orun — kompýuter); Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň çaga stomatologiýasy kafedrasynyň kliniki ordinatory Mährigül Öwezowna Öwezowany (2-nji orun — kompýuter); Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň halkara gatnaşyklary kafedrasynyň mugallymy Arslan Çaryýewiç Çaryýewi (2-nji orun — kompýuter); Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň pedagogika bilimi taýýarlygy ugrunyň magistranty Aýna Akmyradowna Ýollyýewany (2-nji orun — kompýuter); Halkara senagatçylar we telekeçiler uniwersitetiniň dil öwreniş bölüminiň öwreniji mugallymy Jeren Nurberdiýewna Öwezowany (2-nji orun — kompýuter); Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň rus dili kafedrasynyň öwreniji mugallymy Aýlar Tirkeşowna Garryýewany (2-nji orun — kompýuter); Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň halkara arbitraž we işewürlik hukugy ugrunyň magistranty Babajan Beşimowiç Rozybaýewi (2-nji orun — kompýuter); Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň çyzuw we materiallaryň garşylygy kafedrasynyň mugallymy Şamuhammet Baýmuhammedowiç Rahmanberdiýewi (2-nji orun — kompýuter); Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň sportuň mediki-biologik üpjünçiligi kafedrasynyň öwreniji mugallymy Aýmaral Azatgeldiýewna Azatgeldiýewany (2-nji orun — kompýuter); Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika institutynyň maglumat ulgamlary kafedrasynyň mugallymy Maksat Täçmuhammedowiç Myradowy (2-nji orun — kompýuter); Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika institutynyň telekommunikasiýa ulgamlary kafedrasynyň mugallymy Atamyrat Çarymele ogly Oraznepesowy (2-nji orun — kompýuter); Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika institutynyň okatmagyň tehniki serişdeleri bölüminiň 1-nji derejeli inžener-elektronçysy Rahymguly Orazgulyýewiç Borjakowy (2-nji orun — kompýuter); Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň jemgyýeti öwreniş ylymlary kafedrasynyň mugallymy Yslam Arslanselimowiç Begençewi (2-nji orun — kompýuter); Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň maliýe fakultetiniň maliýe menejmenti taýýarlygy ugrunyň magistranty Begenç Gurbanmuhammedowiç Gylyjowy (2-nji orun — kompýuter); Türkmen döwlet maliýe institutynyň salgytlar we salgyt salmak kafedrasynyň mugallymy Jumageldi Çary ogly Salamowy (2-nji orun — kompýuter); Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň matematika we ony okatmagyň usulyýeti kafedrasynyň öwreniji mugallymy Mekan Begenjowiç Ilmädowy (2-nji orun — kompýuter); Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasynyň okuw bölüminiň başlygynyň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetiriji Begenç Döwletowiç Halnepesowy (2-nji orun — kompýuter); Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Halkara ylmy-tehnologiýa parkynyň maglumat howpsuzlygy we aragatnaşyk tehnologiýalary barlaghanasynyň müdiri Şadurdy Ýazgeldiýewi (2-nji orun — kompýuter); Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Taryh we arheologiýa institutynyň kiçi ylmy işgäri Tuwak Ýazmuhammedowna Öweznepesowany (2-nji orun — kompýuter); Türkmenistanyň Milli bilim institutynyň jemgyýetçilik bilimleri bölüminiň kiçi ylmy işgäri Suraý Toýlyýewna Welliýewany (2-nji orun — kompýuter); Berdimuhamet Annaýew adyndaky Arkadag şäher mugallymçylyk orta hünär okuw mekdebiniň direktorynyň orunbasary Jahan Öwezowna Altyýewany (2-nji orun — kompýuter); Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň Salgyt müdiriýetiniň Arkadag şäheriniň Salgyt müdirliginiň hasap we hasabat bölüminiň salgyt inspektory Batyr Hojadurdyýewiç Baýmyradowy (2-nji orun — kompýuter); Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Harby institutynyň awtomatlaşdyrylan dolandyryş ulgamlary kafedrasynyň uly mugallymy Ezizguly Muhammetgulyýewiç Hojamberdiýewi (2-nji orun — kompýuter); Türkmenistanyň Baş prokuraturasynyň umumy bölüminiň iş ýörediş bölümçesiniň iş ýöredijisi Çary Rahmanowy (2-nji orun — kompýuter); Türkmenistanyň Ýokary kazyýetiniň Sanly howpsuzlyk we awtomatlaşdyrylan maglumat ulgamlary müdirliginiň maglumat ulgamlaryny ösdürmek we ornaşdyrmak bölüminiň baş hünärmeni Aýbölek Muhammedowna Rozyýewany (2-nji orun — kompýuter); Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň ýanyndaky Gurluşyk birleşiginiň önümçilik-tehniki bölüminiň uly gözegçi-hünärmeni Zybagözel Geldiýewna Hydyrowany (2-nji orun — kompýuter); Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň işgärler bölüminiň gözegçisi Mežnun Allamyradowiç Öräýewi (2-nji orun — kompýuter); Türkmenistanyň Oba hojalyk ministrliginiň Ylmy-barlag pagtaçylyk institutynyň pagta süýüminiň hil tehnologiýasy bölüminiň kiçi ylmy işgäri Gunça Akmyradowna Halmyradowany (2-nji orun — kompýuter); Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Arkadag şäheriniň komitetiniň başlygy Orazgül Döwletberdiýewna Pygamowany (2-nji orun — kompýuter); «Türkmennebit» döwlet konserniniň «Nebitgazylmytaslama» institutynyň guýularyň we gatlaklaryň senagat taýdan barlaglary barlaghanasynyň önümçiligi taýýarlamak boýunça inženeri Rejepmämmet Taýlyýewiç Taýlyýewi (2-nji orun — kompýuter); «Türkmen atlary» döwlet birleşiginiň Atçylyk ylmy-önümçilik merkeziniň esasy ylmy işgäri Gülşat Bäşimniýazowna Meredowany (2-nji orun — kompýuter); Daşoguz welaýatynyň Gubadag etrabynyň ýaşaýjysy Arazjemal Döwranowna Arazowany (2-nji orun — kompýuter); Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň konstitusiýa hukugy kafedrasynyň öwreniji mugallymy Didar Hudaýberdiýewiç Aşyrowy (3-nji orun — telewizor); Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň bilimi dolandyrmak magistratura taýýarlygy ugrunyň magistranty Ýakut Güýçmyradowiç Soltanmyradowy (3-nji orun — telewizor); Halkara senagatçylar we telekeçiler uniwersitetiniň kanselýariýasynyň arhiwçisi Baýmyrat Baýrammyradowiç Baýmyradowy (3-nji orun — telewizor); Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň kärhanalarda ykdysadyýet we dolandyryş kafedrasynyň öwreniji mugallymy Bahram Kyýasmuhammedowiç Ataýewi (3-nji orun — telewizor); Türkmen döwlet maliýe institutynyň salgytlar we salgyt salmak kafedrasynyň mugallymy Eneş Amangeldiýewna Rozyýewany (3-nji orun — telewizor); Türkmen döwlet maliýe institutynyň bank işi fakultetiniň magistranty Orazgül Döwranowna Rejepowany (3-nji orun — telewizor); Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika institutynyň diller kafedrasynyň öwreniji mugallymy Orazbibi Pirmuhammedowna Berdiýewany (3-nji orun — telewizor); Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň diller kafedrasynyň mugallymy Bahargül Arslanowany (3-nji orun — telewizor); Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynyň atçylyk we seýisçilik kafedrasynyň mugallymy Ýusup Myratgeldiýewiç Hommodowy (3-nji orun — telewizor); Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Magtymguly adyndaky Dil, edebiýat we milli golýazmalar institutynyň tekstologiýa we edebi miras bölüminiň kiçi ylmy işgäri Mähri Ezizberdiýewna Ýapunowany (3-nji orun — telewizor); Türkmenistanyň Döwlet, hukuk we demokratiýa institutynyň Türkmenistanda hukuk ulgamyny kämilleşdirmek bölüminiň ylmy işgäri Ýunus Muhammedowiç Muhammedowy (3-nji orun — telewizor); «Türkmennebit» döwlet konserniniň Balkanabat nebitçilik orta hünär okuw mekdebiniň mugallymy Gülistan Kömekowna Toýçyýewany (3-nji orun — telewizor); Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň «Türkmen owazy» teleradioýaýlymynyň dolandyryş edarasynyň hünärmeni Atageldi Rejepgulyýewi (3-nji orun — telewizor); Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýiniň muzeý gaznasynyň elektron binýadyny guramak we pasportlaşdyrmak bölüminiň muzeý gözegçisi Gunça Begenjowna Nurmämmedowany (3-nji orun — telewizor); Aşgabat şäheriniň Arassaçylyk we keselleriň ýaýramagyna garşy göreşmek gullugynyň Berkararlyk etrabynyň arassaçylyk we keselleriň ýaýramagyna garşy göreşmek gullugynyň çap ediji kätibi Güljeren Arslandurdyýewna Adaýewany (3-nji orun — telewizor); Aşgabat şäheriniň Berkararlyk etrabynyň ýaşaýjysy Jennet Muhammetgeldiýewna Şajaýewany (3-nji orun — telewizor); Aşgabat şäherindäki Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky ýöriteleşdirilen umumybilim berýän mekdep-internatynyň 12-nji synp okuwçysy Arzuw Soltanmyradowna Soltanowany (3-nji orun — telewizor); Aşgabat şäherindäki Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky ýöriteleşdirilen umumybilim berýän mekdep-internatynyň 12-nji synp okuwçysy Dünýä Amangeldiýewna Amangeldiýewany (3-nji orun — telewizor); Aşgabat şäherindäki Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky ýöriteleşdirilen umumybilim berýän mekdep-internatynyň 11-nji synp okuwçysy Aýhan Arslanowiç Arslanowy (3-nji orun — telewizor); Aşgabat şäherindäki daşary ýurt dillerini çuňlaşdyryp öwredýän ýöriteleşdirilen 85-nji orta mekdebiň 11-nji synp okuwçysy Dünýä Annageldiýewna Annageldiýewany (3-nji orun — telewizor); Aşgabat şäherindäki matematika we iňlis dili okuw derslerini çuňlaşdyryp öwredýän ýöriteleşdirilen 49-njy orta mekdebiň 12-nji synp okuwçysy Göwher Myradowna Myradowany (3-nji orun — telewizor); Aşgabat şäherindäki ýöriteleşdirilen 130-njy orta mekdebiň 12-nji synp okuwçysy Pena Şamyradowiç Şamyradowy (3-nji orun — telewizor); Aşgabat şäherindäki daşary ýurt dillerini çuňlaşdyryp öwredýän ýöriteleşdirilen 89-njy orta mekdebiň 12-nji synp okuwçysy Şihmyrat Azadowiç Myradowy (3-nji orun — telewizor); Aşgabat şäherindäki takyk we iňlis dili derslerini çuňlaşdyryp öwredýän ýöriteleşdirilen 6-njy orta mekdebiň 12-nji synp okuwçysy Sylapberdi Maksatowiç Ataýewi (3-nji orun — telewizor); Italiýa Respublikasynyň Marangoni institutynyň işewürlik we marketing fakultetiniň 3-nji ýyl talyby Abadan Toýlyýewna Kömekowany (1-nji orun — noutbuk); Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň roman-german we gündogar dilleri fakultetiniň 5-nji ýyl talyby Bahar Röwşenowna Aýdogdyýewany (1-nji orun — noutbuk); Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň biotehnologiýa we ekologiýa fakultetiniň 4-nji ýyl talyby Bahargül Azadowna Berdiýewany (1-nji orun — noutbuk); Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň himiki we nanotehnologiýalar fakultetiniň 4-nji ýyl talyby Ýazmuhammet Rozymuhammedowiç Agamyradowy (1-nji orun — noutbuk); Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň gündogar dilleri we edebiýaty fakultetiniň 4-nji ýyl talyby Medine Baýmuhammedowna Baýmuhammedowany (1-nji orun — noutbuk); Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň halkara ykdysady gatnaşyklary fakultetiniň 3-nji ýyl talyby Allanur Şöhradowiç Şyhyýewi (1-nji orun — noutbuk); Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň tebigy bilimler fakultetiniň 5-nji ýyl talyby Güljemal Arazgylyjowna Amanowany (1-nji orun — noutbuk); Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň marketing fakultetiniň 4-nji ýyl talyby Nowruz Batyrowy (1-nji orun — noutbuk); Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň ykdysadyýet we dolandyryş fakultetiniň 5-nji ýyl talyby Laçyn Baýrammyradowna Durdyýewany (1-nji orun — noutbuk); Türkmenistanyň Milli howpsuzlyk institutynyň 4-nji ýyl harby talyby Şirin Rustamowna Atajanowany (1-nji orun — noutbuk); Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň institutynyň hukuk fakultetiniň 5-nji ýyl talyby Akmuhammet Azadowiç Temirowy (1-nji orun — noutbuk); Türkmen döwlet medeniýet institutynyň teatr sungaty fakultetiniň 4-nji ýyl talyby Nursoltan Nazmuhammedowna Derýaýewany (1-nji orun — noutbuk); Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň şekillendiriş sungaty fakultetiniň 6-njy ýyl talyby Serdar Salamowiç Jumaýewi (1-nji orun — noutbuk); Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň kompozisiýa, saz öwreniş we fortepiano fakultetiniň 5-nji ýyl talyby Jeýran Rustemowna Joraýewany (1-nji orun — noutbuk); Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň biologiýa fakultetiniň 5-nji ýyl talyby Bahar Kakajan gyzy Ýolbarsowany (2-nji orun — kompýuter); Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň hukuk fakultetiniň 4-nji ýyl talyby Nurýagdy Jumageldiýewiç Baýryýewi (2-nji orun — kompýuter); Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň sanly tehnologiýalar we kiberhowpsuzlyk fakultetiniň 4-nji ýyl talyby Meýlis Mergenowiç Çüriýewi (2-nji orun — kompýuter); Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň durmuş-ynsanperwerlik bilimleri fakultetiniň 4-nji ýyl talyby Gyzylgül Durdymyradowna Amanlyýewany (2-nji orun — kompýuter); S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň gidromeliorasiýa fakultetiniň 4-nji ýyl talyby Aýgül Şatlykowna Sähedowany (2-nji orun — kompýuter); Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň kiberfiziki ulgamlar fakultetiniň 4-nji ýyl talyby Ogulnabat Sabyrowna Täjibaýewany (2-nji orun — kompýuter); Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň iňlis dili we edebiýaty fakultetiniň 3-nji ýyl talyby Allaberdi Gurbanmyradowiç Berdiýewi (2-nji orun — kompýuter); Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň himiýa tehnologiýasy fakultetiniň 3-nji ýyl talyby Kakajan Merdanowiç Kakaýewi (2-nji orun — kompýuter); Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň ulaglar fakultetiniň 4-nji ýyl talyby Aýnabat Serdarowna Şükürbaýewany (2-nji orun — kompýuter); Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň maliýe fakultetiniň 2-nji ýyl talyby Jemal Bäşimowna Bäşimowany (2-nji orun — kompýuter); Türkmen döwlet maliýe institutynyň salgytlar we salgyt salmak fakultetiniň 4-nji ýyl talyby Aýjeren Çaryýewna Çaryýewany (2-nji orun — kompýuter); Türkmen döwlet medeniýet institutynyň teatr sungaty fakultetiniň 3-nji ýyl talyby Suleýman Maksat ogly Nepesowy (2-nji orun — kompýuter); Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň kompozisiýa, saz öwreniş we fortepiano fakultetiniň 4-nji ýyl talyby Ogulnur Hemraýewna Nazarowany (2-nji orun — kompýuter); Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň energo-tehnologiýa fakultetiniň 5-nji ýyl talyby Batyr Aýdogdyýewiç Gurbanowy (2-nji orun — kompýuter); Türkmen oba hojalyk institutynyň gidromeliorasiýa we oba hojalygyny mehanizmleşdirmek fakultetiniň 3-nji ýyl talyby Jumamyrat Begliýewiç Nurmyradowy (2-nji orun — kompýuter); Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynyň atçylyk fakultetiniň 3-nji ýyl talyby Japarberdi Azymberdiýewiç Japarowy (2-nji orun — kompýuter); Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynyň atçylyk fakultetiniň 2-nji ýyl talyby Rüstem Ataýewi (2-nji orun — kompýuter); Türkmenistanyň Milli howpsuzlyk institutynyň 4-nji ýyl harby talyby Rahat Annamuhammedowiç Ataýewi (2-nji orun — kompýuter); Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň institutynyň hukuk fakultetiniň 3-nji ýyl talyby Meýlis Maksadowiç Meredowy (2-nji orun — kompýuter); Türkmenistanyň Serhet institutynyň 4-nji ýyl harby talyby Gündogdy Rustamowiç Aýmämmedowy (2-nji orun — kompýuter); Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasynyň magistrleri taýýarlamak okuwynyň konstitusiýa hukugy ugrunyň 1-nji ýyl talyby Myrat Maksatowiç Nuryýewi (2-nji orun — kompýuter); Aşgabat şäherindäki mehanika-tehnologiki orta hünär okuw mekdebiniň standartlaşdyrmak we sertifikatlaşdyrmak hünäriniň 2-nji ýyl talyby Şatlyk Atanepesowiç Babaýewi (2-nji orun — kompýuter); Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň matematika fakultetiniň 4-nji ýyl talyby Gunça Azymowna Geldiýewany (3-nji orun — telewizor); Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň taryh fakultetiniň 4-nji ýyl talyby Medine Azadowna Sopytaganowany (3-nji orun — telewizor); Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň iňlis dili we edebiýaty fakultetiniň 4-nji ýyl talyby Mehri Durnazarowna Aşyrmuhammedowany (3-nji orun — telewizor); Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň maglumat tehnologiýalary fakultetiniň 3-nji ýyl talyby Meýlis Bäşimowiç Aşyrowy (3-nji orun — telewizor); Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň pediatriýa fakultetiniň 6-njy ýyl talyby Setdar Döwletgeldiýewiç Setdarowy (3-nji orun — telewizor); Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň nebit senagaty (Balkanabat bölümi) fakultetiniň 4-nji ýyl talyby Şekersoltan Toýmyradowna Amanowany (3-nji orun — telewizor); Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň nebit senagaty (Balkanabat bölümi) fakultetiniň 3-nji ýyl talyby Kemal Magtymowiç Sädiýewi (3-nji orun — telewizor); Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň himiýa tehnologiýasy we ekologiýa fakultetiniň 2-nji ýyl talyby Maral Baýramowna Gullyýewany (3-nji orun — telewizor); Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň nebit we gaz fakultetiniň dil öwreniş bölüminiň talyby Maýa Batyrowna Gurdowany (3-nji orun — telewizor); Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň halkara ykdysadyýeti we menejment fakultetiniň 4-nji ýyl talyby Selbi Begenjowna Şadyýewany (3-nji orun — telewizor); Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň durmuş-ynsanperwerlik bilimleri fakultetiniň 3-nji ýyl talyby Gültäç Tahyrowna Aşyrowany (3-nji orun — telewizor); Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň halkara hukugy we halkara gatnaşyklary fakultetiniň 2-nji ýyl talyby Aýläle Döwletmyradowna Çaljaýewany (3-nji orun — telewizor); Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň himiki we nanotehnologiýalar fakultetiniň 4-nji ýyl talyby Batyr Tarhanowiç Kazakowy (3-nji orun — telewizor); Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň biotehnologiýa we ekologiýa fakultetiniň 3-nji ýyl talyby Aýgül Sapargeldiýewna Allaberdiýewany (3-nji orun — telewizor); Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň innowasiýalaryň ykdysadyýeti fakultetiniň 2-nji ýyl talyby Ogulmaral Akmyradowna Mätiýewany (3-nji orun — telewizor); Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň iňlis dili we edebiýaty fakultetiniň 3-nji ýyl talyby Selbi Konstantinowna Babajanowany (3-nji orun — telewizor); Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň halkara gatnaşyklary fakultetiniň 3-nji ýyl talyby Sahydöwlet Agadurdyýewiç Hümmetjumaýewi (3-nji orun — telewizor); Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň himiýa tehnologiýasy fakultetiniň 4-nji ýyl talyby Şanazar Bäşimowy (3-nji orun — telewizor); Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika institutynyň aragatnaşygyň radiotehnologiýalary fakultetiniň 5-nji ýyl talyby Aýjemal Çaryýarowna Çaryýarowany (3-nji orun — telewizor); Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň menejment fakultetiniň 4-nji ýyl talyby Sähetmyrat Durdyýewiç Saparowy (3-nji orun — telewizor); Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň ykdysadyýet fakultetiniň 2-nji ýyl talyby Wepa Aşirmuradowiç Bagşiýewi (3-nji orun — telewizor); Türkmen döwlet maliýe institutynyň salgytlar we salgyt salmak fakultetiniň 3-nji ýyl talyby Güljeren Berdigulyýewna Köşiliýewany (3-nji orun — telewizor); Türkmen döwlet maliýe institutynyň salgytlar we salgyt salmak fakultetiniň 2-nji ýyl talyby Polat Penaguliýewiç Halnepesowy (3-nji orun — telewizor); Türkmen döwlet medeniýet institutynyň kitaphanaçylyk fakultetiniň 4-nji ýyl talyby Zibagözel Şirmyradowna Rejepowany (3-nji orun — telewizor); Türkmen döwlet medeniýet institutynyň kitaphanaçylyk fakultetiniň 2-nji ýyl talyby Jeýhun Pirmuhammedowiç Durdyýewi (3-nji orun — telewizor); Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň şekillendiriş sungaty fakultetiniň 3-nji ýyl talyby Mämmet Wepaýewiç Wepaýewi (3-nji orun — telewizor); Türkmen oba hojalyk institutynyň agronomçylyk fakultetiniň 3-nji ýyl talyby Žahan Hodžamurad gyzy Mirabowany (3-nji orun — telewizor); Türkmen oba hojalyk institutynyň agronomçylyk fakultetiniň 4-nji ýyl talyby Eneş Goçmyradowna Gurbangeldiýewany (3-nji orun — telewizor); Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň kompýuter tehnologiýasy fakultetiniň 4-nji ýyl talyby Alýoş Döwletgeldiýewiç Amanowy (3-nji orun — telewizor); Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynyň atçylygyň weterinariýasy fakultetiniň 3-nji ýyl talyby Baýramhan Röwşenkulyýewi (3-nji orun — telewizor); Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynyň atçylygyň weterinariýasy fakultetiniň 2-nji ýyl talyby Aýlar Begmuhammedowna Muhammetberdiýewany (3-nji orun — telewizor); Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynyň atçylygyň weterinariýasy fakultetiniň 1-nji ýyl talyby Tawus Amangeldiýewna Amangeldiýewany (3-nji orun — telewizor); Türkmenistanyň Milli howpsuzlyk institutynyň 2-nji ýyl harby talyby Merjen Illiýewna Aşyrowany (3-nji orun — telewizor); Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Harby institutynyň 4-nji ýyl harby talyby Kerimberdi Ýagşymyradowiç Amangulyýewi (3-nji orun — telewizor); Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň institutynyň 3-nji ýyl talyby Rejep Begenjowiç Ýakubowy (3-nji orun — telewizor); Türkmenistanyň Serhet institutynyň 5-nji ýyl harby talyby Jora Serdarowiç Taşowy (3-nji orun — telewizor); Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasynyň magistrleri taýýarlamak okuwynyň sanly dolandyryş ugrunyň 1-nji ýyl talyby Bägül Azadowna Çaryýewany (3-nji orun — telewizor); Hydyr Derýaýew adyndaky Mugallymçylyk mekdebiniň başlangyç synplarda okatmak hünäriniň 3-nji ýyl talyby Hurma Myrat gyzy Astanowany (3-nji orun — telewizor).
«Durnukly ösüşiň maksatlaryna ýetmekde ýaşlaryň orny» atly sanly ulgam arkaly halkara ylmy-taslama bäsleşigi
Daşky gurşawy goramagyň bütindünýä güni mynasybetli S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň guramagynda ýurdumyzyň hem-de daşary ýurtlaryň ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda geçirilen «Durnukly ösüşiň maksatlaryna ýetmekde ýaşlaryň orny» atly sanly ulgam arkaly halkara ylmy-taslama bäsleşiginiň
TÜRKMENISTANYŇ UMUMYBILIM BERÝÄN MEKDEPLERINIŇ OKUWÇYLARYNYŇ ARASYNDA “OBA HOJALYK YLMY: GELJEK ÝAŞLARYŇ ELINDE” ATLY YLMY BÄSLEŞIGI
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimizde Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ylmyň we tehnologiýalaryň ösüşine, halkymyzyň aň-bilim derejesiniň ýokarlandyrylmagyna, ylmyň, tehnikanyň, önümçiligiň bitewiliginiň üpjün edilmegine aýratyn ähmiýet berilýär. Türkmenistanyň ykdysady we durmuş ösüşi babatda dünýäniň ösen döwletlerine mahsus bolan sepgitlere çykmagyna gönükdirilen giň gerimli maksatnamalar hem-de meýilnamalar düýpli ylmy esaslara daýanýar. Türkmenistanyň Prezidentiniň giň gerimli özgertmeleriniň esasy strategik güýji hökmünde zehinli ýaşlaryň ýurdumyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmegine gönükdirilen taslamalarydyr maksatnamalaryny hem-de döredijilikli başlangyçlaryny amala aşyrmaklaryna goldaw bermek we höweslendirmek, ylym-bilim babatda ýaşlaryň hyzmatdaşlygyny ösdürmek barada beren möhüm tabşyryklaryndan, “Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022-2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli Maksatnamasynda”, şeýle hem “Türkmenistanda ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň 2026-2030-njy ýyllar üçin Döwlet maksatnamasynda” kesgitlenen wezipelerden ugur alyp, “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany” ýyly mynasybetli ylmy işler boýunça Daşoguz, Lebap we Mary welaýatlarynyň umumybilim berýän mekdep okuwçylarynyň arasynda “Oba hojalyk ylmy: geljek ýaşlaryň elinde” atly ylmy bäsleşigini (mundan beýläk – bäsleşik) geçirmek meýilleşdirilýär. I. Umumy düzgünler Daşoguz, Lebap we Mary welaýatlarynyň umumybilim berýän mekdep okuwçylarynyň arasynda bäsleşiginiň şu Düzgünnamasy (mundan beýläk – Düzgünnama) bäsleşigiň guramaçylygynyň we geçirilmeginiň, guramaçylyk-usuly üpjünçiliginiň, gatnaşyjylaryň düzümini, bäsleşigiň ýeňijilerini yglan etmegiň tertibini kesgitleýär. Bäsleşigiň guramaçysy hökmünde Türkmen oba hojalyk instituty çykyş edýär. Bäsleşigiň resmi dili türkmen dili bolup durýar. Bäsleşige ylmy-amaly maglumatlary özünde saklaýan işler goýberilýär. Bäsleşige diňe özbaşdak ýerine ýetirilen işler hödürlenilmeli. II. Bäsleşigiň maksady we wezipeleri Bäsleşiginiň maksady – okuwçylaryň okuw-barlag işlerini işjeňleşdirmek, ylma bolan höwesini artdyrmak, bu ugurlarda ylmy barlaglara gyzyklanma bildirýän zehinli ýaşlary ýüze çykarmak we goldamak, täze maglumat tehnologiýalarynyň esasynda hünär ugrukdyryşyň innowasion görnüşlerini hem-de usullaryny kämilleşdirmekden ybaratdyr. Bäsleşigiň wezipeleri: okuwçylarynyň arasynda bilim, ylym ugurlary boýunça gatnaşyklary berkitmek we özara bähbitli ylmy maglumatlary alyşmak; okuwçylaryň döredijilik işjeňligini höweslendirmek, özbaşdak işlemek endiklerini ýokarlandyrmak we giňişleýin pikirlenmäni ösdürmek; önümçilik we gözleg işlerinde ýüze çykýan ylmy hem-de amaly meseleleri derňemäge ukyply ýaş hünärmenleri ýetişdirmek; bilim edaralarynyň mugallymlar toparynyň işiniň innowasion görnüşlerini we usullaryny kämilleşdirmek boýunça işleriň netijeliligini ýokarlandyrmak. III. Bäsleşigiň guramaçylyk-usulyýet üpjünçiligi Bäsleşigiň guramaçylygy we onuň geçirilmegi Guramaçylyk topary tarapyndan amala aşyrylýar. Guramaçylyk topary: okuwçylarynyň arasynda bu bäsleşigi geçirmegiň esasy ýörelgelerini kesgitleýär; bäsleşigi guramak we geçirmek boýunça guramaçylyk işleri alyp barýar. Emin agzalary bäsleşigiň degişli ugry boýunça öňdebaryjy mugallymlardan düzülýär. Emin agzalary bäsleşigiň talaplaryna laýyk gelmeýän işleri, bäsleşige goýbermezlik hukugyna eýedir. Bäsleşigiň Guramaçylyk topary bäsleşige hödürlenen işlerdäki maglumatlary işiň awtoryna hökmany salgylanmaklyk bilen täjirçilige degişli bolmadyk maksatlar üçin peýdalanmak hukugyna eýedir. IV. Bäsleşigi guramagyň we geçirmegiň tertibi Bäsleşige Türkmenistanyň Daşoguz, Lebap we Mary welaýatynyň umumybilim berýän mekdepleriniň gutardyş synplarynyň okuwçylary gatnaşyp bilerler. Bäsleşige hödürlenilýän işler ylmyň aşakdaky ileri tutulýan ugurlaryna laýyklykda kabul edilýär: Agronomçylyk; Daşky gurşawy goramak we ekologiýa; Maldarçylyk; Oba hojalyk önümlerini gaýtadan işlemegiň tehnologiýasy; Agroinženerçilik; Oba hojalygynda maglumat tehnologiýalary. Her bir gatnaşyjydan bir sany iş kabul edilýär. Işiň baş sahypasynda (1-nji goşundy), işiň temasynyň ady, işi ýerine ýetirijiniň familiýasy, ady, atasynyň ady, okuwçynyň okaýan mekdebiniň ady we synpy; ylmy ýolbaşçysynyň familiýasy, ady, atasynyň ady we wezipesi görkezilmelidir. Işiň goşundysyz esasy maglumatlarynyň göwrümi, setir arasy 1,5 bolan A4 ölçegli 20 sahypadan geçmeli däldir. Ýazgylar Times New Roman şriftli, esasy ýazgylar – 14 ölçegli, tablisalar – 12 ölçegli, setiriň ini boýunça deňlemeklik arkaly ýerine ýetirilmelidir. Ähli sahypalar boýunça ak setirde boş ýeriň giňligi 1,25 sm deň bolmalydyr. Işiň düzümi şu aşakdakylardan ybarat bolmalydyr: baş sahypa; mazmuny; giriş (işiň wajyplygy, maksady, wezipeleri); edebiýat çeşmelerine syn; barlaglaryň ýerine ýetiriliş usullary; geçirilen ýerler we barlaglaryň netijeleri; ahyrky netije; ulanylan edebiýatlaryň sanawy; goşundylar (eger bar bolsa). Emin agzalaryň bäsleşige gelen işleri bahalandyrmagyň ölçegleri: Görkezijiler Talaplar Bal-lar Iň ýokary ball Işiň wajyplygy Ylmy iş häzirki döwrüň wajyp meselelerini çözýär, innowasion çözgüt bolup, degişli meseläniň çözüwi üçin täze bolup durýar. 8 Täze we wajyp mesele alnan, emma onuň çözüwi gutarnykly däl, şol bir wagtda meseläniň çözgüdi özbaşdak amala aşyrylan. 6 Täze we wajyp meseleleriň çözgüdi oýlanyp tapylan, emma ol eýýäm bar bolan usullaryň kömegi arkaly amala aşyrylan. 4 Mesele täze däl, onuň çözüwi hem bar, emma gatnaşyjy öz çözgüdini hödürleýär. 2 Mesele täze däl, gatnaşyjynyň hödürleýän çözgüdi hem öň bar bolan çözgütlere meňzeş. 1 Işiň mazmuny Ylmy iş köpsanly peýdaly maglumatlardan ybarat; ähli maglumatlar tertipleşdirilen, pikirleriň beýan ediliş yzygiderligi talabalaýyk; ähli barlaglar soňuna çenli amala aşyrylan; logiki jemlemesi we netijesi bar. 4 Ýokarda sanalyp geçilen görkezijileriň biri ýerine ýetirilmedik. 3 Artykmaç maglumat köp, pikirleriň beýan ediliş yzygiderligi ýok, işiň mazmuny açylyp görkezilmedik. 2 Işiň gerimi Ylmy iş köpçüligiň meselelerini çözmeklige ýardam berip biler. 4 Ylmy iş nähilidir bir şertler bilen çäklendirilýändigi sebäpli, kesgitli topar köpçüligine gönükdirilen. 3 Ylmy işden örän az adamlar topary peýdalanyp biler. 2 Işiň täzeçilligi Häzirki wagta çenli mälim bolmadyk hem-de ylymda we amalyýetde hasaba alynmadyk täze nazary hem-de amaly netijeleriň bolmagy. 4 Jemi baly Bäsleşige hödürlenen işler welaýatlarda awtorlaryň gatnaşmagynda prezentasiýa arkaly nutuk bilen çykyş etmek görnüşinde geçiriler. Çykyş etmäge berilýän wagtyň dowamlylygy 5-7 minut. Bäsleşik aşakdaky senelerde geçiriler we jemleniler: Lebap welaýaty boýunça – 2026-njy ýylyň aprel aýynyň 6-na Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň okuw binasy; Mary welaýaty boýunça – 2026-njy ýylyň aprel aýynyň 8-ne Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň okuw binasy; Daşoguz welaýaty boýunça – 2026-njy ýylyň aprel aýynyň 11-ne Türkmen oba hojalyk institutynyň okuw binasy. Bäsleşige gatnaşyjylar tarapyndan hödürlenilýän işler 2026-njy ýylyň mart aýynyň 28-ne çenli elektron görnüşinde: tohi.tm.info@gmail.com elektron salgysyna ugradylmaly. Ugradylandan soňra guramaçylyk toparynyň kätibinden işiň kabul edilendigi barada tassyknama almaklyk maslahat berilýär. Bäsleşige gatnaşyjy Guramaçylyk toparyna jaň etmeklik bilen institutyň öňdebaryjy mugallymlaryndan özüniň alyp barýan işi boýunça maslahat almak mümkinçiligine eýedir. Islendik gatnaşyjynyň arz-şikaýat bilen ýüz tutmaga hukugy bardyr. Arz-şikaýat bilen diňe gatnaşyjynyň ýolbaşçysy eminler toparyna elektron poçta arkaly ýüz tutup biler. Arz-şikaýatlar eminler topary tarapyndan seredilýär we ahyrky netijäni Guramaçylyk toparynyň başlygy kesgitleýär hem-de bu gutarnykly netije üýtgedilmäge degişli däl hasap edilýär. V. Bäsleşigiň ýeňijilerini kesgitlemegiň we sylaglamagyň tertibi Emin agzalaryndan düzülen topar ýollanan işleri barlaýar, eminler topary düzgünnamada getirilen bahalandyryş ölçeglerine baglylykda baha berýärler we her ugurdan iň oňat işleri ýüze çykarýarlar. Bäsleşigiň netijelerini jemlemeklik işi umumy mejlisde kabul ediler. Ýeňiji bolan okuwçylar hormat hatlary we gymmat bahaly sowgatlar bilen sylaglanylar. Baýrakly orunlary eýelän okuwçylara Türkmen oba hojalyk institutynda okuwyny dowam etdirmäge ýeňillikler dörediler. Bäsleşigiň ýeňijileri barada maglumatlar institutyň www.tohi.edu.tm web saýtynyň ýörite bölümine ýerleşdiriler. Dürli soraglar ýüze çykan ýagdaýynda bäsleşigiň guramaçylyk topary bilen habarlaşyp bilersiňiz: guramaçylyk toparynyň kätibi Serdar Aşirdurdyýewiç Muminow (+993-65-27-37-75). 1-nji goşundy TÜRKMEN OBA HOJALYK INSTITUTY “OBA HOJALYK YLMY: GELJEK ÝAŞLARYŇ ELINDE” ATLY YLMY BÄSLEŞIGI “Azot dökünleriniň artýan möçberleriniň bugdaýyň dürli sortlarynyň hasyllylygyna edýän täsiri” Ugry: agronomçlyk Ylmy ýolbaşçysy: Daşoguz welaýatynyň Daşoguz şäheriniň daşary ýurt dillerine ýöriteleşdirilen 1-nji orta mekdebiniň biologiýa mugallymy Amanow Aman Amanowiç Ylmy-barlag işi ýerine ýetiriji: Daşoguz welaýatynyň Daşoguz şäheriniň daşary ýurt dillerine ýöriteleşdirilen 1-nji orta mekdebiniň 11-nji synp okuwçysy Berdiýew Berdi Berdiýewiç 2-nji goşundy Türkmenistanyň umumybilim berýän mekdep okuwçylarynyň arasynda “Oba hojalyk ylmy: geljek ýaşlaryň elinde” atly ylmy bäsleşigine gatnaşyjynyň arzasy Gatnaşyjy: Familiýasy Ady Atasynyň ady Ylmy-barlag işiniň temasy Ugry Etraby (şäheri) Mekdebi Synpy Öý salgysy Elektron salgysy Telefon belgisi Ylmy ýolbaşçysy: Familiýasy Ady Atasynyň ady Elektron salgysy Telefon belgisi
16-njy fewralda ylmy-intellektual bäsleşige gatnaşmaga çagyrýarys
2026-njy – Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany ýyly hem-de Türkmenistanyň diplomatik işgärleriniň güni mynasybetli ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda geçirilýän «Türkmenistanyň ulag diplomatiýasy – parahatçylygyň, ynanyşmagyň we durnukly ösüşiň kepili» atly ylmy-intellektual bäsleşigiňDÜZGÜNNAMASYArkadagly Gahryman Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň ähli ulgamlary bilen bir hatarda ulag kommunikasiýa toplumy yzygiderli döwrebaplaşdyrylýar. Milli ulag ulgamynyň ösdürilmegi we döwrebaplaşdyrylmagy, bir tarapdan, ykdysadyýetimiziň durnukly ösüşine saldamly goşant bolsa, beýleki tarapdan, Bitarap Türkmenistanyň global ykdysady ulgamda ornuny barha berkidýär. Bitaraplyk hukuk derejesine eýerip, Birleşen Milletler Guramasy we beýleki abraýly halkara guramalary bilen işjeň hyzmatdaşlygy alyp barýan Türkmenistan halkara ulag düzümine işjeň goşulýar. Gadymy Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi bolan Türkmenistanyň yzygiderli kämilleşdirilýän multimodal ulag düzümi sebitara ulag-logistika merkezi höküminde çykyş edýär.Hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda ýurdumyzyň milli bilim ulgamyny has-da kämilleşdirmek boýunça durmuşa geçirilýän maksatnamalaýyn özgertmelere laýyklykda talyplaryň nazary bilimlerini artdyrmak, pikirleniş we ukyp-başarnyklaryny ösdürmek, olary kämil hünärmenler edip ýetişdirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary instituty 2026-njy ýylyň «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany» ýyly diýilip yglan edilmegi hem-de Türkmenistanyň diplomatik işgärleriniň güni mynasybetli, ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda «Türkmenistanyň ulag diplomatiýasy – parahatçylygyň, ynanyşmagyň we durnukly ösüşiň kepili» atly ylmy-intellektual bäsleşigi yglan edýär.1. UMUMY DÜZGÜNLER1.1. Şu Düzgünnama ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda geçirilýän «Türkmenistanyň ulag diplomatiýasy – parahatçylygyň, ynanyşmagyň we durnukly ösüşiň kepili» atly ylmy-intellektual bäsleşigini (mundan beýläk «bäsleşik») guramagyň we geçirmegiň esasy düzgünlerini we tertibini kesgitleýär.1.2. Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary instituty bäsleşigiň guramaçysy bolup çykyş edýär.1.3. Bäsleşik ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda, türkmen dilinde taýýarlanan test soraglara jogap bermek arkaly geçirilýär.2. BÄSLEŞIGIŇ MAKSADY WE WEZIPELERI2.1. Bäsleşigiň maksady aşakdakylardan ybarat:-Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan-bedew batly at-myradyň mekany ýylynda döwletimiziň hemişelik Bitaraplyk syýasatynyň, diplomatiýanyň ugurlary (ykdysady, ulag, energetika, ylmy, lukmançylyk, medeni, sport we beýleki diplomatiýa) boýunça işjeň öňe sürýän parahatçylyk söýüjilikli başlangyçlarynyň ähmiýetini talyp ýaşlaryň arasynda wagyz etmek;-ýurdumyzyň daşary syýasatyny we halkara ykdysady gatnaşyklaryny ýokary okuw mekdepleriň talyplarynyň arasynda ýaýbaňlandyrmak;-ýokary okuw mekdepleriň talyplarynyň arasynda bilim, ylmy-intellektual gatnaşyklary has-da ösdürmek.2.2. Bäsleşigiň wezipeleri aşakdakylardan ybarat:-Birleşen Milletler Guramasynyň durnukly ösüş maksatlaryndan ýokary hilli bilimi we Durnukly ösüş babatynda hyzmatdaşlyk maksatlaryna ýetmek üçin işleri amala aşyrmak;-ýokary okuw mekdepleriň talyplarynyň arasyndan zehinli ýaşlary ýüze çykarmak;-döwrebap sanly tehnologiýalary ulanmak arkaly talyplaryň intellektual başarnyklaryny ýüze çykarmak;-talyp ýaşlary ylmy täzeçillige höweslendirmek;-ýurdumyzyň we daşary ýurt ýokary okuw mekdepleriniň arasynda özara bähbitli gatnaşyklary ýola goýmak we berkitmek, halkara hyzmatdaşlygy has-da giňeltmek;-ýokary bilimli, kämil hünärmenleri taýýarlamagyň döwrebap usullaryny ulanmak;-talyp ýaşlaryň arasynda dostlukly gatnaşyklaryny berkitmek, okuw-bilim-ylym tejribeligini alyşmaga ýardam bermek.3. BÄSLEŞIGI GEÇIRMEGIŇ TERTIBI3.1. Bäsleşigi geçirmek üçin Guramaçylyk topary döredilýär we onuň düzümi Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň rektorynyň buýrugy bilen tassyklanylýar.3.2. Bäsleşigi geçirmegiň tertibini, guramaçylyk işlerini we möhletini Guramaçylyk topary kesgitleýär.3.3 Bäsleşige her ýokary okuw mekdepden 2 talybyň gatnaşmagyna rugsat berilýär.3.4 Bäsleşige gatnaşjak talyplar barada maglumatlar nusga laýyklykda tituki.ylym.bolum@gmail.com elektron salgysyna 2026-njy ýylyň fewral aýynyň 14-ne çenli ugradylmalydyr.3.5 Bäsleşik ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň gelip gatnaşmagynda 2026-njy ýylyň fewral aýynyň 16-na Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň elektron kitaphanasynda geçirilýär.3.6 Bäsleşige gatnaşyjylar Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistanyň ulag diplomatiýasy bilen baglanyşykly 100 soragdan ybarat teste jogap berýärler.3.7 Bäsleşigiň test soraglaryny düzmek, saýlap almak we gatnaşyjylara hödürlemek hukugy Guramaçylyk toparyna degişlidir.3.8 Test soraglaryna jogap bermek üçin umumy 80 minut wagt berilýär.3.9 Eger gatnaşyjy bellenen wagtyň dowamynda soraglara jogap berip ýetişmese, kompýuter awtomatik ýagdaýda işini bes edýär. Şeýle ýagdaýda gatnaşyjynyň jogap berip ýetişen soraglarynyň netijeleri hasaba alynýar.3.10 Her bir dogry jogaba 1 bal, nädogry jogaba 0 bal berilýär.3.11 Bäsleşigiň geçirilişine Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň Maglumat merkezinde onlaýn ýagdaýynda eminler topary tarapyndan gözegçilik edilýär.3.12 Bäsleşige gatnaşyjynyň kesekiniň kömeginden, emeli aňyň we beýleki öz başarnygyny ýüze çykarmaýan mümkinçiliklerinden peýdalanandygy eminler topary tarapyndan ýüze çykarylan halatynda, ol bäsleşikden çykarylýar we netijeleri hasaba alynmaýar.3.13 Bäsleşigiň obýektiwligini üpjün etmek maksady bilen onuň netijeleri kompýuteriň kömegi bilen jemlenilýär. Eminler topary kompýuteriň görkezen netijelerini seljerip, ýeňijileri kesgitleýär.3.14 Bäsleşigiň ýeňijileri degişli derejeli Diplomlar bilen sylaglanylýar. Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary instituty