Türkmenistan dünýäniň öňdebaryjy döwletleri we halkara guramalary bilen bilim ulgamynda netijeli gatnaşyklary ösdürýär.
Taryhyň we tejribäniň görkezişi ýaly, ikitaraplaýyn gatnaşyklar, ylalaşyklar halkara meselelerini çözmegiň, parahatçylyk diplomatiýasyny ilerletmegiň ygtybarly esasy bolup durýar. Şunda dialog medeniýeti, özara ynam, hoşniýetlilik halklaryň we ýurtlaryň arasynda dostlugy çuňlaşdyrmagyň täsirli serişdeleri hökmünde çykyş edýär. Şu nukdaýnazardan, ýakynda Gahryman Arkadagymyzyň Amerikanyň Birleşen Ştatlaryna amala aşyran sapary diňe bir döwletara gatnaşyklaryň nobatdaky tapgyry bolman, eýsem, Türkmenistanyň dünýä derejesindäki parahatçylyk dörediji, deňagramly we öňdengörüjilikli daşary syýasatynyň aýdyň beýany hökmünde şanly ýylymyzyň möhüm taryhy seneleriniň hataryndan orun aldy. Häzirki döwürde halkara gatnaşyklaryň many-mazmuny diňe bir syýasy dialog bilen çäklenmän, ykdysady hyzmatdaşlygyň giň gerimi arkaly hem ölçenilýär. Şoňa görä-de, Türkmenistan bilen Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň arasyndaky gatnaşyklar döwrüň talaplaryna laýyklykda ösdürilýär we täze mazmun bilen baýlaşdyrylýar. Ikitaraplaýyn diplomatik gatnaşyklar bolsa 1992-nji ýylyň 10-njy aprelinde ýola goýuldy. Atamyrat ÝAZWELIÝEW, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň talyby, «Nesil».
В приоритете – доверительный диалог В Ашхабаде состоялись мероприятия с участием делегации Республики Зимбабве во главе с Постоянным секретарём по иностранным делам и международной торговле Альбертом Ранганаем Чимбинди, прибывшей в туркменскую столицу для участия в политических консультациях между внешнеполитическими ведомствами двух государств. Визит стал важным этапом в развитии туркмено-зимбабвийского диалога и придал новый импульс межгосударственным отношениям. Подготовил Мухаммет БЕРДЫЕВ
2026-njy ýylyň 17-nji fewralynda Türkmenistanyň Bilim ministrliginde Türkmenistanyň Bilim ministri J.Gurbangeldiýew bilen BMG-niň Çagalar gaznasynyň (ÝUNISEF) Türkmenistandaky wekili Jalpa Ratnanyň duşuşygy geçirildi. Duşuşygyň dowamynda taraplar 2026-2030-njy ýyllar üçin ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň esasy ugurlaryny, şol sanda çaganyň irki ösüşini, inklýuziw bilimi ösdürmegi, şeýle hem bilim ulgamynda howa durnuklylygy we tebigy betbagtçylyklaryň töwekgelçiligini azaltmak meseleleri boýunça geçirilmegi meýilleşdirilýän işleri ara alyp maslahatlaşdylar. Şeýle hem duşuşygyň barşynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlykda agzalan ugurlar boýunça ýetilen sepgitler barada hem durlup geçildi. Duşuşykda çaganyň irki ösüşi boýunça Milli strategiýany taýýarlamak we ýurduň 55 mekdebinde başlangyç synpa taýýarlyk boýunça synag maksatnamasyny durmuşa geçirmek, “Ýaşyl mekdep” bilelikdäki maksatnamany üstünlikli amala aşyrmak, inklýuziw bilim boýunça alnyp barylýan synag işleriniň gerimini giňeltmek meselelerine aýratyn üns berildi, Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň degişli bölümleri bilen ÝUNISEF-iň bilelikdäki başlangyçlary durmuşa geçirmegiň ähli tapgyrlarynda ýakyn utgaşykly işlemäge taýýardygy tassyklandy. Duşuşygyň jemleri boýunça taraplar Türkmenistanda her bir çaganyň hukuklarynyň üpjün edilmegine hem-de iň gowy bähbitlerine gönükdirilen hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de pugtalandyrmaga özara taýýarlygy tassykladylar. Türkmenistanyň Bilim ministrligi
Türkmenistanyň Prezidenti hormatly Serdar Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda yzygiderli durmuşa geçirilýän döwlet syýasatynyň çäklerinde Türkmenistan we Beýik Britaniýa bilim ulgamyndaky hyzmatdaşlygy täze, amaly maksatlara gönükdirilen derejä çykarýarlar. Hyzmatdaşlyk boýunça dört resminama gol çekilmegi halkara hyzmatdaşlygy giňeltmek hem-de öňdebaryjy bilim tejribelerini milli bilim ulgamyna geçirmegiň durnukly mehanizmlerini döretmek boýunça alnyp barylýan ulgamlaýyn işleriň netijesi boldy. Bu ylalaşyklaryň milli bilim ulgamynda amala aşyrylýan özgertmeleriň ileri tutulýan ugurlary bilen doly utgaşýandygyny, şeýle hem Türkmenistanda 2026–2052-nji ýyllar üçin ýokary hünär bilimini ösdürmegiň strategiýasynyň, ony durmuşa geçirmegiň 2026–2030-njy ýyllar üçin tassyklanan Maksatnamasynyň, Türkmenistanda 2028-nji ýyla çenli umumybilim maksatnamalary boýunça okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmegiň Konsepsiýasynyň maksatlaryna laýyk gelýändigini aýratyn bellemek gerek. Dört resminama amaly hyzmatdaşlygyň özara baglanyşykly dört ugruny kesgitleýär. 1) Türkmenistanyň Bilim ministrligi bilen Pearson kompaniýasynyň arasynda endikleriň sertifikasiýasy ulgamynda hyzmatdaşlyk etmek boýunça özara düşünişmek hakyndaky Ähtnama. Pearson kompaniýasy bilen hyzmatdaşlyk halkara derejesinde ykrar edilen kärler we sertifikasiýa ulgamynda häzirki zaman çözgütleriň ornaşdyrylmagyna, şol sanda bahalandyrmalaryň we synaglaýyn dolandyryşyň sanly formatlaryny ösdürmäge gönükdirilendir. Bu hyzmatdaşlygyň amaly ugry okuwyň netijelerini ölçemäge, okatmagyň maksatnamalaryny gowulandyrmak üçin “gaýdym arabaglanyşygy” döretmäge we uçurymlaryň hünär ygtybarlyklarynyň halkara derjesinde ykrara edilmegine ýardam berýän synag mehanizmlerini işe girizmekden ybaratdyr. 2) Türkmenistanyň Bilim ministrligi bilen AQA Global Assessment Services Ltd kompaniýasynyň arasynda bilim ulgamynda bahalandyrma boýunça hyzmatdaşlyk etmek boýunça özara düşünişmek hakyndaky Ähtnama. AQA kompaniýasy bilen baglaşylan resminama mekdep bilimi, zerur bolan ýagdaýynda hünär bilim derejesinde bahalandyrmagyň hilini ýokarlandyrmagyň binýadyny döredýär: bahalandyrmak boýunça hünärmenleriň ygtybarlyklaryny ösdürmek, gözegçilik materiallaryny işläp taýýarlamaga çemeleşmeleri kämilleşdirmek, netijeleriň aýdyňlyk we deňeşdirip bolmak derejesini ýokarlandyrmak. Bu ugur umumy orta bilimde dersleri okatmagy döwrebaplaşdyrmagyň hem-de hili dolandyrmakda subutnamalara esaslanýan çemeleşmäni güýçlendirmegiň wezipeleri bilen gönüden-göni baglanyşyklydyr. Bu ugur Türkmenistanda umumy orta bilimi döwrebaplaşdyrmagyň we esasy wezipesi bahalandyrmagyň bitewi, düşnükli hem-de durnukly standartlaryny ornaşdyrmak, okatmagyň netijelerini ölçemek ulgamynda milli ekspertizany ösdürmek bolup durýan okatmagyň hilini ölçemegiň has aýdyň, subutnamalara daýanýan we deňeşdirip bolýan çemeleşmelerine geçilmeginiň çäklerinde aýratyn möhüm ähmiýete eýe bolýar. 3) Türkmenistanyň Milli bilim instituty bilen Norwich Institute for Language Education (NILE) (Norwiç dil bilimi institutynyň) arasynda özara düşünişmek hakyndaky Ähtnama NILE bilen hyzmatdaşlyk mugallymlaryň hünär derejesini ýokarlandyrmaga gönükdirilen amaly maksatnamalary durmuşa geçirmekden, okatmagyň usulyýetini ösdürmekden hem-de mugallymlaryň durnukly hünär jemgyýetlerini döretmekden ugur alýar. Bu ugurda esasan okatmagyň hilini ýokarlandyrmaga gönükdirilen amaly gurallara, şol sanda iňlis diliniň okadylyşyny kämilleşdirmäge berilýär, şeýle hem üznüksiz hünär ösüşiniň (CPD) we halypaçylygyň nusgalaryny ornaşdyrmaga üns berilýär. 4) Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri instituty bilen Nottingham Trent University (Nottingem Trent uniwersitetiniň) arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama. Nottingham Trent University bilen baglaşylan resminama Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri instituty bilen hyzmatdaşlygy ösdürmäge gönükdirilendir. Resminamanyň çäklerinde bilelikdäki bilim başlangyçlaryny durmuşa geçirmek, işgärleri taýýarlamagyň amaly ugurlaryny ösdürmek, akademiki alyş-çalyşlary ýola goýmak, bilelikdäki taslamalary amala aşyrmak hem-de taýýarlygyň amaly ugra gönükdirilen düzüm bölegini güýçlendirmek göz öňünde tutulýar. Bu hyzmatdaşlyk ýokary okuw ulgamyny döwrebaplaşdyrmak hem-de bilim maksatnamalarynyň halkara derejesinde bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyrmak babatda ulgamlaýyn wezipeleriň üstüni ýetirýär. Resminamalara gol çekmek dabarasyndan soň Türkmenistanyň Bilim ministriniň orunbasary A. Ataýew Beýik Britaniýanyň bilim ulgamynyň öňdebaryjy guramalarynyň (Pearson, AQA, NILE (Norwich Institute for Language Education) we Nottingham Trent University) wekilleri bilen maksatlaýyn gepleşikleri geçirdi. Ylalaşylan işleri amala aşyrmak maksady bilen bilelikdäki iş toparlaryny döretmek, tehniki tabşyryklary hem-de (synag tertibinde iş geçirjek edaralaryň, görkezijileriň, möhletleriň we jogapkär taraplaryň görkezilmeginde) tapgyrlaýyn ýol kartasyny taýýarlamak göz öňünde tutulýar. Gol çekilen resminamalar taraplaryň hyzmatdaşlygy yglan etmek bilen çäklenmän, eýsem bilimiň hilini ýokarlandyrmaga, adam maýasyny ösdürmäge we Türkmenistanyň uzak möhletleýin strategik wezipelerine ýetmäge gönükdirilen anyk bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmäge taraplaryň taýýardygyny tassyk edýär. Türkmenistanyň Bilim ministrligi
20 февраля 2026 года в Министерстве образования Туркменистана состоялась встреча «Прямой разговор» на тему «Ускорение доступа к дошкольному образованию», организованная при участии Правительства Туркменистана, ООН и ЮНИСЕФ. В мероприятии приняли участие представители руководства Министерства образования Туркменистана, Министерства финансов и экономики, профильных государственных ведомств, Национального института образования, а также Постоянный координатор ООН в Туркменистане Дмитрий Шлапаченко, Представитель ЮНИСЕФ в Туркменистане Джалпа Ратна, эксперты офисов ООН и ЮНИСЕФ, включая международных специалистов, подключившихся в онлайн-формате. С приветственными словами к участникам обратились Постоянный координатор ООН в Туркменистане Дмитрий Шлапаченко, заместитель министра образования Туркменистана по школьным и дошкольным детским учреждениям Александр Аманов и Представитель ЮНИСЕФ в Туркменистане Джалпа Ратна. В своих выступлениях они подчеркнули стратегическую значимость инвестиций в раннее развитие детей, необходимость расширения доступа к качественной предшкольной подготовке и важность межведомственного взаимодействия для устойчивого развития системы образования. В ходе встречи были рассмотрены три ключевых направления. Участники обсудили три ключевых вопроса: результаты пилотной программы поддержки родителей и перспективы её системной интеграции; подготовку к пилотному запуску годичной бесплатной полудневной программы предшкольной подготовки с сентября 2026 года (включая организационные, методические, кадровые и финансовые аспекты); а также предложили разработку дорожной карты и поэтапное расширение программы, начиная с сентября 2027 года, с акцентом на эффективность инвестиций и устойчивые механизмы финансирования, мониторинга и оценки. По итогам встречи стороны подтвердили приверженность дальнейшему развитию сотрудничества в сфере раннего развития детей, поддержке родителей и расширению доступа к качественной предшкольной подготовке, а также договорились о продолжении совместной работы по реализации согласованных инициатив и подготовке практических шагов по их внедрению. Министерстве образования Туркменистана