Logo
Yza dön
Döwletara gatnaşyklary berkitmegiň ýoly bilen

Döwletara gatnaşyklary berkitmegiň ýoly bilen

3 Maý, 2026 Halkara Başky Kartlar
10

Taryhyň we tejribäniň görkezişi ýaly, ikitaraplaýyn gatnaşyklar, ylalaşyklar halkara meselelerini çözmegiň, parahatçylyk diplomatiýasyny ilerletmegiň ygtybarly esasy bolup durýar. Şunda dialog medeniýeti, özara ynam, hoşniýetlilik halklaryň we ýurtlaryň arasynda dostlugy çuňlaşdyrmagyň täsirli serişdeleri hökmünde çykyş edýär. Şu nukdaýnazardan, ýakynda Gahryman Arkadagymyzyň Amerikanyň Birleşen Ştatlaryna amala aşyran sapary diňe bir döwletara gatnaşyklaryň nobatdaky tapgyry bolman, eýsem, Türkmenistanyň dünýä derejesindäki parahatçylyk dörediji, deňagramly we öňdengörüjilikli daşary syýasatynyň aýdyň beýany hökmünde şanly ýylymyzyň möhüm taryhy seneleriniň hataryndan orun aldy. Häzirki döwürde halkara gatnaşyklaryň many-mazmuny diňe bir syýasy dialog bilen çäklenmän, ykdysady hyzmatdaşlygyň giň gerimi arkaly hem ölçenilýär. Şoňa görä-de, Türkmenistan bilen Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň arasyndaky gatnaşyklar döwrüň talaplaryna laýyklykda ösdürilýär we täze mazmun bilen baýlaşdyrylýar. Ikitaraplaýyn diplomatik gatnaşyklar bolsa 1992-nji ýylyň 10-njy aprelinde ýola goýuldy. Atamyrat ÝAZWELIÝEW, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň talyby, «Nesil».