Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda Watanymyzy ähli ugurlar boýunça ösdürmäge, gözel tebigatymyza bolan söýgini has-da artdyrmaga, eziz Diýarymyzy bagy-bossanlyga öwürmäge uly üns berilýär. Şu maksatdan ugur alyp, «Watan» gazetiniň redaksiýasy hem «Ýaş tebigatçy» jemgyýetçilik guramasy bilen bilelikde mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllygy mynasybetli eziz Diýarymyzda tebigatyň gözelliklerini gorap saklamak, onuň baýlyklaryndan rejeli peýdalanmak, daşky gurşawyň abadançylygyna goşant goşmak, ýaş nesillerde ekologiýa medeniýetini kemala getirmek boýunça alnyp barylýan işleri gazet sahypalarynda şöhlelendirmek maksady bilen, «Bagy-bossan Watanym!» atly döredijilik bäsleşigini yglan edýär.
«Ýaş tebigatçy» jemgyýetçilik guramasynyň resmi agzalary öň metbugat sahypalarynda çap edilmedik we başga bäsleşiklere hödürlenmedik, gözel tebigatymyz bilen baglanyşykly makalalaryny, şygyr, kyssa hem-de dürli žanrlarda ýazylan eserlerini bäsleşige hödürläp bilerler. Bäsleşige hödürlenýän işlerde berkarar Watanymyzyň gazanýan üstünlikleri, halkymyzyň asudalyk, agzybirlik, abadançylyk, ynsanperwerlik ýaly düşünjeleri, hemişelik Bitaraplygymyzyň sebitiň we dünýäniň parahatçylykly ösüşlerine, halklaryň ynanyşyp ýaşamaklaryna ýetirýän täsiri, gözel tebigatymyzyň baýlyklaryny gözüň göreji deýin goramak we oňa söýgi bilen garamak bilen bagly garaýyşlar şöhlelendirilmelidir. Şeýle hem eserleriň mazmuny ýurdumyzda «ýaşyl» ösüşe gönükdirilen işler, Garaşsyz Watanymyzda parahatçylyk we tebigatyň abadançylygy, her bir adamyň gündelik durmuşynda tebigaty goramaga goşup bilýän goşandy, şeýle hem «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylan 2026-njy ýylda alnyp barylýan işler bilen bagly bolup biler.
Bäsleşige gatnaşyjylar hödürleýän eserleriniň ýanyna özleri hakyndaky maglumaty (okaýan, işleýän, ýaşaýan ýeriniň salgysyny, iş, öý ýa-da el telefonynyň belgisini) goşmalydyr. Bäsleşigiň jemi 2026-njy ýylyň sentýabr aýynda jemlenip, ýeňijilere Hormat hatlary we baýraklar gowşurylar. Hödürlenjek eserleri «Bagy-bossan Watanym!» atly döredijilik bäsleşigine» diýen ýazgy bilen 2026-njy ýylyň sentýabr aýynyň 16-syna çenli «Watan» gazetiniň redaksiýasynyň watan@sanly.tm elektron poçtasyna ibermeli.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe halkymyzyň agzybirlikde gadam goýan «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýyly mynasybetli gazet-žurnallaryň redaksiýalarynda yglan edilýän bäsleşikleriň hatarynda «Watan» gazeti hem döredijilik bäsleşiklerini yglan edýär. Olarda halkymyzyň eşretli durmuşy, döwletimiziň adamzat bähbitli asylly başlangyçlary, amal edýän beýik işleri, dünýä ýüzündäki belent abraýy, halkara dost-doganlyk, ýakyn hyzmatdaşlyk gatnaşyklary, ildeşlerimiziň zähmet üstünlikleri, türkmençilik ýörelgesi, şöhratly taryhymyz, ýaşlar syýasaty, şanly Garaşsyzlygymyzyň, hemişelik Bitaraplygymyzyň eçilýän miweleri şöhlelendirilýär. «Watan» gazetiniň redaksiýasy hem şeýle asylly maksatlary çelgi edinip, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Aşgabat şäheriniň Bagtyýarlyk etrap geňeşi bilen bilelikde döredijilik bilen meşgullanýan ýaşlary goldamak, olardan has zehinlilerini ýüze çykarmak üçin «Ösüşlerde bedewleriň bady bar» atly döredijilik bäsleşigini yglan edýär.
Bäsleşige döredijilik bilen iş salyşýan ýaşlarymyzyň her biri (öň metbugat sahypalarynda çap edilmedik we başga bäsleşiklere hödürlenmedik) makalalaryny, şygyr, kyssa hem-de dürli žanrlarda ýazylan eserlerini, bedew bilen baglanyşykly çeken suratlaryny hödürläp bilerler. Bäsleşigiň maksadyna laýyklykda, hödürlenýän işler döredijilikli çemeleşilen we beýan edilen bolmaly.
Döredijilik bäsleşigine gatnaşmaga isleg bildirýän ýaşlarymyz hödürleýän eserleriniň ýanyna özleri hakyndaky maglumaty (okaýan, işleýän, ýaşaýan ýeriniň salgysyny, iş, öý ýa-da el telefonynyň belgisini) goşmalydyr. Eserler kompýuterde ýygylan, ýagny elektron görnüşinde bolmaly. Bäsleşigiň jemi 2026-nji ýylyň dekabr aýynda jemlener we ýeňijilere Hormat hatlary we baýraklar gowşurylar.
Her bir ugradyljak eser «Ösüşlerde bedewleriň bady bar» atly döredijilik bäsleşigine» diýen ýazgy bilen «Watan» gazetiniň redaksiýasyna iberilmelidir.
Biziň salgymyz: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly — 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany.
Telefonlarymyz: 38-61-05; 38-61-07; 38-61-16; 38-61-17.
Gazetiň elektron poçtasy: watan@sanly.tm