Logo
Makalalar bölüminden yza gaýtmak
Ýaşlyk. Zehin. Yhlas

Ýaşlyk. Zehin. Yhlas

9 Iýun, 2026 Makalalar
4

Sungat ynsan kalbynyň iň näzik duýgularyny, halkyň ruhy baýlygyny bütin gözelligi bilen açyp görkezýär. 5-nji iýunda paýtagtymyzyň gözel künjekleriniň birinde ýerleşýän «Aşgabat» aýdym-saz merkezinde geçirilen «Talyp joşguny — 2026» atly döredijilik festiwalynyň jemleýji tapgyry hem uly sungat baýramynyň, ýaşlyk owazynyň beýanyna öwrüldi. Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşiniň hem-de Bilim ministrliginiň bilelikde guramagynda ýokary okuw mekdepleriniň talyp ýaşlarynyň arasynda her ýyl yglan edilýän döredijilik festiwaly milli medeniýetimizi we sungatymyzy dabaralandyrmakda möhüm ähmiýete eýedir.

Milli medeniýetimiziň köpöwüşginli many-mazmunyny ýaş nesilleriň kalbyna guýmak, olaryň aýdym-saz, tans we halk döredijiligi ugrundaky zehin uçgunlaryny ýüze çykarmak maksady bilen guralan bu döredijilik festiwaly uly ruhubelentlige beslendi. Festiwalyň deslapky tapgyrlary ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerinde guraldy. Döwlet derejesindäki jemleýji tapgyra bolsa öz ukyp-başarnyklary bilen tapawutlanmagy başaran iň zehinli talyp toparlary gatnaşmaga hukuk gazandylar.

Muhammetmyrat BÄŞGULYÝEW,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Aşgabat şäher geňeşiniň başlygynyň wezipesini ýerine ýetiriji.