Ýurdumyzyň ösüşi ylym-bilim bilen berk baglanyşyklydyr. Berkarar Watanymyzda Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallalary netijesinde ylmyň ösdürilmegine we ylymly, bilimli hünärmenleriň döredijilikli zähmet çekmeklerine giň mümkinçilikler döredilýär.
Ylym-bilimiň ösýän zamanynda ýaş hünärmenleriň, alymlaryň taýýarlanmagyna, olaryň kämilleşmegine uly üns berilýär. Munuň özi röwşen geljegi üpjün etjek aýdyň maksatlardan alamatdyr. Ýaş alymlaryň kämilligi, olara döredilýän giň mümkinçilikler ylym-bilimiň şu gününi we röwşen geljegini üpjün edýär. Şol bir wagtda ylym bilen meşgullanýan hünärmenleriň sanynyň artmagyna hem ýardam edýär.