Logo
Makalalar bölüminden yza gaýtmak
Ylymly nesiller — ýurduň geljegi

Ylymly nesiller — ýurduň geljegi

9 Iýun, 2026 Makalalar
6

Jemgyýetiň ösüşi hem-de durmuş ulgamynyň özgermegi ylym-bilim bilen berk baglanyşyklydyr. Şoňa görä-de, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyz tarapyndan başy başlanan we hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilýän maksatnamalarda öňdebaryjy innowasion tejribäniň giňden ornaşdyrylmagyna möhüm ähmiýet berilýär. Şu jähetden, her ýylyň 12-nji iýunynda Ylymlar gününiň bellenilmegi ähli ösüşlerimiziň ylym bilen aýrylmaz baglanyşyklydygyny aýdyň görkezýär.

Hormatly Prezidentimiz: «Taryhy gelip çykyşyny müňýyllyklardan alyp gaýdýan türkmen halky ähli döwürlerde ylymda sebit derejesinde hem, dünýä derejesinde hem uly üstünlikleri gazanypdyr. Ylym dünýäsine belent derejelere ýeten şahsyýetleri beren biziň halkymyz hiç bir döwürde hem ylymdan üzňe bolmandyr» diýip, ýurdumyzda ylmy gözlegleriň binýadyny berkitmegiň hem-de yzygiderli döwrebaplaşdyrmagyň zerurdygyny, bu babatda ýaşlara uly ynam bildirilýändigini nygtaýar. Ylym her bir şahsyýetiň kämilligi, jemgyýetiň we döwletiň berkararlygy, bakylygy hem-de dowamaty üçin uly ähmiýete eýedir.

Altyn ROZYÝEWA,
Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň uly mugallymy, filologiýa ylymlarynyň kandidaty.