Logo
Makalalar bölüminden yza gaýtmak
Durnukly ösüşiň bähbidine iň gowy ylmy taslamalar

Durnukly ösüşiň bähbidine iň gowy ylmy taslamalar

8 Iýun, 2026 Makalalar
4

Daşky gurşawy goramagyň bütindünýä güni mynasybetli S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň Türkmenistanyň Bilim, Oba hojalyk, Daşky gurşawy goramak ministrlikleri bilen bilelikde guramagynda ýurdumyzyň hem-de daşary ýurtlaryň ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda «Durnukly ösüşiň maksatlaryna ýetmekde ýaşlaryň orny» atly ylmy taslama bäsleşiginiň ýeňijilerini sylaglamak dabarasy geçirildi. Bu bäsleşik Türkmenistanyň ylym-bilim ulgamyndaky halkara hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmak, ýurdumyzyň we daşary ýurtlaryň ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda dostlukly gatnaşyklary berkitmek, talyplaryň döredijilik ukyp-başarnyklaryny, ylmy gözleglere, hünärine bolan höwesini artdyrmak maksady bilen, dördünji gezek guraldy.

Durnukly ösüş maksatlaryna bagyşlanan bäsleşigiň I tapgyryna ýurdumyzdan hem-de Azerbaýjandan, Bangladeşden, Belarusdan, Eýrandan, Gazagystandan, Hytaýdan, Malaýziýadan, Özbegistandan, Pakistandan, Rumyniýadan, Russiýadan, Türkiýeden 150-ä golaý iş hödürlenip, olar eminler topary tarapyndan içgin seljerildi. Netijede, onuň II tapgyryna 45 sany ylmy taslama gatnaşdyryldy.

(Ýörite habarçymyz).
Surata düşüren Ilaman ÇÜRIÝEW.