Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary bilen ýurdumyzyň bilim-ylym ulgamy ösdürilýär, bu ugurda halkara hyzmatdaşlygyna giň gerim berilýär. «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at myradyň mekany» ýylynda ýurdumyzda giňden bellenilýän Ylymlar güni mynasybetli uniwersitetimizde «Oguz hanyň zehinli nesilleri» atly IV integrirlenen olimpiadanyň hem-de ýaşlaryň arasynda geçirilýän innowasion tehnologiýalaryň taslama bäsleşiginiň jemleýji tapgyry üstünlikli geçirildi.
Bu olimpiadanyň esasy maksady ýurdumyzyň zehinli okuwçylaryny ýüze çykarmakdan, olary bir bitewi «altyn gazna» jemlemekden hem-de geljekde ylmy-tehniki ösüşe goşant goşjak ýaşlary kemala getirmekden ybaratdyr. Munuň ähmiýetli tarapy olaryň ýeňijileriniň uniwersitetimize okuwa kabul edilmekde möhüm artykmaçlyga eýe bolmagydyr. Ýyllaryň dowamynda bu bäsleşikde ýeňiji bolan zehinli ýaşlaryň aglabasy uniwersitetimiziň talyby bolup, häzirki wagtda diňe bir okuwda däl, eýsem, halkara derejedäki ylmy bäsleşiklerde hem ýurdumyzyň abraýyny has ýokary galdyrýarlar.