Düýn Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetinde ýokary okuw mekdebiň ýolbaşçylarynyň, professor-mugallymlarynyň, talyplaryň, okuwçylaryň gatnaşmagynda «Oguz hanyň zehinli nesilleri» atly IV integrirlenen olimpiadanyň hem-de ýaşlaryň arasynda geçirilýän innowasion tehnologiýalaryň taslama bäsleşiginiň ýeňijilerini sylaglamak dabarasy boldy. Onda çykyş edenler Milli Liderimiziň, hormatly Prezidentimiziň ýaş nesil baradaky tagallasy netijesinde şeýle çäreleriň yzygiderli geçirilip, olaryň indi aýdyň netijeleri berip başlandygyny buýsanç bilen bellediler.
Bu ýyl geçirilen olimpiadanyň ilkinji tapgyryna ýurdumyzyň ähli etraplaryndan 22 müňden gowrak okuwçynyň gatnaşmagy onuň geriminiň giňdigini we ýaşlaryň arasynda uly gyzyklanma döredýändiginiň aýdyň görkezdi. Birinji tapgyrdan üstünlikli geçen 2 müň 500-den gowrak okuwçy ikinji tapgyrda öz bilimini we ukyp-başarnygyny synady. Netijede, iň güýçli 68 okuwçy jemleýji tapgyra gatnaşmaga hukuk gazandylar.