Logo
Makalalar bölüminden yza gaýtmak
Mertlik mekdebiniň beýany

Mertlik mekdebiniň beýany

10 Iýun, 2026 Makalalar
8

Osman Ödäýewiň türkmen taryhy barada iň şowly çykan uly göwrümli eserleriniň biri «Altynjan hatyn». Roman XI asyrda Gündogarda dabarasy dag aşan Togrul beg hem onuň ýakynlary hakynda söhbet açýar. Bu roman üç bölümden ybarat bolup, olar: «Birinji kitap: gelejek», «Ikinji kitap: heminzaman» we «Üçünji kitap: geçmiş». Bu uly üç bölüm hem öz mazmunyna laýyk sözbaşyly onlarça bölümleri öz içine alýar. Kitabyň ahyrynda «Sözsoňy» bölüminde romanda beýan edilýän wakalaryň taryhy seneleriniň getirilmegi hem aýratyn bellärliklidir.

Eserde Altynjan hatynyň çagalygyndan tä ömrüniň ahyrky ýyllaryna çenli (1017 — 1060 ý.) wakalar beýan edilýär. Kitaby okanyňda, bu zenanyň şeýle owadan, syratly bolandygy, gaýratly, dogumly, akylly-başly, hiç bir ýigitden peslär ýaly däldigi, hatda söweş tilsimlerindenem ussatlyk bilen baş çykaryp bilýän keşbi göz öňüňde janlanýar. Onuň bu häsiýetleri, ukyp-başarnyklary eserdäki dürli söweş sahnalarynda, Togrul beg bilen ilki tanşan pursady oňa pert-pert jogaplarynda, durmuş toýundaky wakalaryň barşynda hasam aýdyň ýüze çykýar. Munuň sebäbi bolsa kakasynyň Altynjany çagalygyndan edil erkek oglan ýaly dogumly edip terbiýelemeginde diýip, ynamly aýtsa bolar.

Oguljan GARRYÝEWA,
Türkmen döwlet medeniýet we sungat mekdebiniň talyby.