Logo
Makalalar bölüminden yza gaýtmak
Ylymly ýaşlar — Watanymyzyň geljegini gurujylar

Ylymly ýaşlar — Watanymyzyň geljegini gurujylar

12 Iýun, 2026 Makalalar
1

Aşgabat, 12-nji iýun (TDH). Şu gün Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetinde Ylymlar güni mynasybetli ýurdumyzyň ýaşlarynyň arasynda ylmy işler boýunça yglan edilen bäsleşigiň ýeňijilerini sylaglamak dabarasy geçirildi. Bu bäsleşik her ýyl Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasy we Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşi bilen bilelikde guralýar. Bäsleşigiň ýeňijilerini sylaglamak dabarasyna Hökümet agzalary, ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary, ylmy jemgyýetçiligiň wekilleri, ýokary okuw mekdepleriniň professor-mugallymlary, talyplar gatnaşdylar.

Dabaranyň barşynda hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzyň ýaşlarynyň arasynda ylmy işler boýunça geçirilen bäsleşigiň ýeňijilerine iberen Gutlagy uly ruhubelentlik bilen diňlenildi. Onda nygtalyşy ýaly, döwletimiziň gazanýan üstünliklerinde ylmyň goşandy uludyr. Ýurdumyzyň kuwwatly ösüşi köp babatda çuňňur ylymly-bilimli ýaşlarymyza hem-de olaryň alyp barýan netijeli işlerine baglydyr. Aýdyň maksatlary özlerine ýörelge edinen ýaş alymlaryň ylmyň ileri tutulýan ugurlary boýunça gazanýan döredijilik üstünlikleri we täze ylmy açyşlary döwletimiziň mundan beýläk-de gülläp ösmegine uly goşantdyr. Bu ugurda ylmy-barlag institutlary, ýokary okuw mekdepleri, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň hem-de Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşiniň ýanyndaky Ýaş alymlaryň merkezi tarapyndan alnyp barylýan ylmy barlaglaryň, ýaş alymlaryň, inženerleriň, tehnologlaryň, hünärmenleriň ylmy açyşlary döwletimiziň durmuş-ykdysady ösüşine degişli möhüm wezipeleriň çözülmegine ýardam berýär.