Ýaňy-ýakynda Türkmen döwlet neşirýat gullugy tarapyndan ýokary okuw mekdepleriniň talyplary üçin täze «English Linguistics» okuw kitaby çap edildi. Kitabyň awtorlary L.Geldiýewa, M.Abdyýewa, Ş.Kadyrowa.
Okuw kitaby talyplarda dil ulgamy, dil bilimi barada düşünjäni kemala getirmäge, şeýle hem iňlis dili boýunça geljekki hünärmenleriň ylmy, seljerme we hünär başarnyklaryny ösdürmäge gönükdirilendir.
Okuw kitabynda dil bilimi ylmynyň esasy bölümleri yzygiderli beýan edilýär. Onda dil, gepleýiş we ýazuw aragatnaşygy, dil maşgalalary, dil bilimi ylmy we onuň esasy bölümleri barada maglumat berilýär. Iňlis diliniň fonetikasy we fonologiýasy, şol sanda artikulýasiýa ulgamy, sesleriň toparlara bölünişi, fonetik transkripsiýa, fonologik üýtgeşmeler we prosodik aýratynlyklar giňişleýin öwredilýär.
Mundan başga-da, okuw kitabynda morfologiýa, sintaksis we semantika boýunça esasy düşünjeler we okuw maglumatlary beýan edilýär. Nazary maglumatlar dürli görnüşli amaly ýumuşlar bilen berkidilip, talyplaryň dil bilimini çuňlaşdyrmaga, dil hadysalaryny seljermek endiklerini ösdürmäge we nazary bilimleri amaly taýdan ulanmaga ýardam berýär.
Bu okuw kitaby iňlis dilini we dil bilimini çuňlaşdyryp öwrenmäge, talyplaryň seljerme ukyplaryny ösdürmäge hem-de daşary ýurt dillerini okatmak, dil bilimi we terjimeçilik ugurlarynda geljekki hünärmenler üçin zerur bolan hünär başarnyklaryny kemala getirmäge ýardam bermäge niýetlenendir.
Türkmenistanyň Bilim ministrligi