2026-njy ýylyň 21-nji awgustynda Türkmenistanyň Bilim ministrliginde ähmiýetli duşuşyk geçirildi. Duşuşyga Türkmenistanyň Bilim ministri J.Gurbangeldiýew, Malaýziýanyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Mohd Suhaými Bin Ahmad Tajuddin hem-de “Petronas Çarigali (Türkmenistan)” kompaniýasynyň baş direktory Ismadi Bin Ismailiň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet gatnaşdy.
Duşuşygyň dowamynda Türkmenistanyň bilim ulgamynda Malaýziýa bilen alnyp barylýan hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýy we ony geljekde ösdürmegiň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Şeýle hem nebitgaz pudagy üçin ýokary hünärli işgärleri taýýarlamakda özara hyzmatdaşlygyň ähmiýetine aýratyn üns berildi.
Malaýziýanyň «Petronas» kompaniýasynyň Türkmenistandaky köpýyllyk netijeli işi iki ýurduň arasyndaky uzakmöhletleýin we özara bähbitli hyzmatdaşlygyň aýdyň mysaly bolup durýar. Kompaniýanyň goldawy bilen türkmenistanly ýaşlara Malaýziýanyň abraýly ýokary okuw mekdeplerinde bilim almak üçin talyp hakly ýerler yzygiderli hödürlenýär. Ýaşlaryň «PETRONAS» Tehnologiýa uniwersitetinde bilim almagy üçin döredilýän mümkinçilikler hünärmenleri taýýarlamakda möhüm ähmiýete eýedir. Şeýle-de, Türkmenistanyň Milli Lideri, Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň bu abraýly ýokary okuw mekdebiniň hormatly doktorydygy guwanç bilen ýatlanyp geçildi.
Şu günki güne çenli Türkmenistan bilen Malaýziýanyň arasynda bilim ulgamyndaky hyzmatdaşlyk boýunça 20-ä golaý resminama gol çekildi. Şeýle hem şu ýylyň iýun aýynda Malaýziýanyň Premýer-ministriniň Türkmenistana amala aşyran saparynyň çäklerinde geçirilen «Türkmenistan-Malaýziýa: nebitgaz pudagynda özarabähbitli hyzmatdaşlyga 30 ýyl» atly halkara ylmy-amaly maslahatynyň we sergisiniň dowamynda Türkmenistanyň üç sany ýokary okuw mekdebi bilen Malaýziýanyň Tenaga milli uniwersitetiniň arasynda talyp alyş-çalyşygy we akademiki mobillik maksatnamalary boýunça üç sany ylalaşyga gol çekilendigi bellenildi.
Mundan başga-da, Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersiteti bilen «Petronas» kompaniýasynyň hem-de onuň Tehnologiýa uniwersitetiniň arasyndaky Ähtnamanyň netijeleri barada hem aýdyldy. Hereket edýän hyzmatdaşlygyň çäklerinde türkmen ýokary okuw mekdebiniň mugallymlary we talyplary «PETRONAS» Tehnologiýa uniwersitetinde hünär bilimlerini ýokarlandyryş okuwlaryna yzygiderli gatnaşýarlar.
Duşuşygyň esasy wakalarynyň biri «Türkmenistanyň Bilim ministrligi bilen «PETRONAS Çarigali (Türkmenistan) Sdn.Bhd» kompaniýasynyň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama» gol çekmek dabarasy boldy. Bu şanly waka Malaýziýanyň “Petronas” kompaniýasynyň Türkmenistan bilen nebit-gaz pudagyndaky hyzmatdaşlygynyň 30 ýyllygyna gabat geldi.
Ähtnama gol çekilmegi bilim we hünär taýýarlygy babatda hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge, täze bilelikdäki başlangyçlaryň we taslamalaryň durmuşa geçirilmegine, ýaşlaryň bilim we hünär derejesini ýokarlandyrmak üçin goşmaça mümkinçilikleriň döredilmegine möhüm şert döreder.
Taraplar, duşuşygyň ahyrynda Türkmenistanyň we Malaýziýanyň arasynda bilim ulgamynda hyzmatdaşlygyň mundan beýläk hem ösdüriljekdigine, Ähtnamada göz öňünde tutulan wezipeleriň ýakyn geljekde iş ýüzünde amala aşyryljakdygyna ynam bildirdiler.
Türkmenistanyň Bilim ministrligi