Logo

Türkmenistanyň

Bilim ministrligi

Logo

Türkmenistanyň

Bilim ministrligi

Onlaýn ýüz tutma
Täzelikler bölüminden yza gaýtmak
ÝÖRITE SAZÇYLYK WE SUNGAT MEKDEPLERI ÜÇIN  «HORY ÖWRENIŞ» ATLY OKUW GOLLANMASY NEŞIR EDILDI

ÝÖRITE SAZÇYLYK WE SUNGAT MEKDEPLERI ÜÇIN «HORY ÖWRENIŞ» ATLY OKUW GOLLANMASY NEŞIR EDILDI

12 Awgust, 2026
82

Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň başyny başlan we häzirki wagtda hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýolbaşçylygynda üstünlikli amala aşyrylýan medeniýet we sungat bilen baglanyşykly işler hem öňdäki hatarda durýar. Öz gözbaşyny gadymy döwürlerden alyp gaýdýan türkmen medeniýeti, sungaty häzirki wagtda uly ösüşleri başdan geçirýär. Milli medeniýetimiziň we sungatymyzyň galkynmagy ýaş nesli döwrebap terbiýelemekde uly ähmiýete eýe bolup, geçmişde yz goýan taryhymyzyň şanşöhratly sahypalaryna buýsanç döredýär.

Jemgyýetçilik durmuşynda hor sungatynyň tutýan orny örän ýokarydyr. Sebäbi onuň beýan ediji serişdeleri diňleýjä estetiki taýdan täsir edýär. Türkmen hor sazy saz sungatynyň iň täsirli ulgamlarynyň biridir. Ol hor medeniýetiniň däpdessurlaryny miras almak bilen, dünýä sazynyň iň kämil nusgalaryny tebigy taýdan özüne siňdirýär.

Ýaňy-ýakynda ýörite sazçylyk we sungat mekdepleri üçin «Hory öwreniş» atly okuw gollanmasy (awtory: B.Berdiýew – A.: Türkmen döwlet neşirýat gullugy, 2026) neşir edildi. Hory öwreniş dersi «hor dirižýorlygy» we «saz mugallymçylygy» hünärleriniň talyplaryna degişli (hora dirižýorlyk etmek, hor klasy, hor edebiýaty, okatmagyň usulyýeti we ş.m.) dersleri özleşdirmek bilen baglanyşykly meseleleriň esasy mazmunyny düşündirip geçýär.

Bu okuw gollanmasynyň esasy maksady – hor sungaty barada giňişleýin düşünje bermek bilen, horuň gelip çykyşy (taryhy maglumatlar), onuň görnüşleri, düzümi, ýerine ýetirijilik usullary, ansambl meseleleri, wokalhor aýratynlyklary, olara degişli dürli adalgalar (terminler) bilen tanyşdyrmakdyr.

Okuw gollanmasy hor sungatynyň taryhy we ösüşi bilen gyzyklanýanlara, ýörite sazçylyk we sungat mekdepleriniň talyplaryna hem-de şu ugurdan okadýan mugallymlara goldaw berer. Çünki onda hor sungatynyň taryhy, horşynaslygyň esasy meseleleri, horuň esasy owazlanyş elementleri, hor eserini derňemek, çagalar hory bilen işlemegiň aýratynlyklary, hor ýolbaşçysynyň guramaçylyk işleri we professional taýynlygy, hor bilen owaz maşklaryny geçirmek üçin niýetlenen gönükmeler, ýörite sungat (sazçylyk) mekdepleriniň hor toparlarynyň repertuaryna hödürlenýän a’kapella eserleri bilen baglanyşykly gymmatly maglumatlar ýeleşdirilipdir.

 Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň

okuw kitaplaryny taýýarlamak we neşir işleri bölümi