2026-njy ýylyň sentýabr aýynyň 14-ne Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynda “Beýik taryh – beýik geljege binýat” atly dabaraly maslahat geçirildi. Dabaraly maslahatyň dowamynda Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň “Türkmeniň buýsanjy” atly goşgusynyň many-mazmuny, milli buýsanç terbiýesindäki ornuny we çeperçilik aýratynlyklary birnäçe çykyşlar diňlenildi. Dabaranyň dowamynda institutyň «Kuwwat» aýdym-saz toparynyň çeper höwesjeň talyp ýaşlarynyň ýerine ýetirmeklerinde Watanymyzy, Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzy, türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzy wasp edýän birnäçe aýdymlara tomaşa edildi. Dabaranyň ahyrynda oňa gatnaşyjylar Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzy ösüşiň täze belentliklerine sary alyp barmak, ylymly-bilimli, sagdyn ýaşlary kemala getirmek ugrunda tutumly işleri durmuşa geçirýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş hem-de hoşallyk sözlerini beýan etdiler.
Türkmenistanyň Döwlet energetika instituty