Logo

Türkmenistanyň

Bilim ministrligi

Logo

Türkmenistanyň

Bilim ministrligi

Onlaýn ýüz tutma
Täzelikler bölüminden yza gaýtmak
Öňdebaryjy bilim işgärleriniň awgust maslahaty geçirildi

Öňdebaryjy bilim işgärleriniň awgust maslahaty geçirildi

22 Awgust, 2026
49

      Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe täze 2026-2027-nji okuw ýyly bosagamyzda dur.

        “Garaşsyz,baky Bitarap Türkmenistan-bedew batly at-myradyň mekany” atly şygary bilen geçirilýän öňdebaryjy bilim işgärleriniň awgust maslahaty Ahal welaýatynda hem ýokary derejede, guramaçylykly  geçirildi. Maslahata Ahal welaýatynyň öňdebaryjy bilim işgärleri bilen bir hatarda mekdebe çenli çagalar edaralarynyň müdirleri, terbiýeçi-usulyýetçileri, öz işine ussat terbiýeçiler we mugallymlar gatnaşdylar.

          Maslahatda bilim  ulgamynda amala aşyrylýan düýpli  özgertmeleri durmuşa geçirmekde, bilim edaralarynyň ýolbaşçylarynyň, pedagogik işgärleriň öňdebaryjy iş tejribelerini  öwrenmekde, ýaýratmakda hem-de bilim işine ornaşdyrmakda, ýaş  nesle döwrebap  bilim-terbiýe bermekde öňde durýan wezipeleri durmuşa geçirmekde ýüze çykýan meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy, 2025-2026-njy okuw ýylynyň  jemleri jemlendi hem-de täze 2026-2027-nji okuw ýylynda öňde durýan wezipeler kesgitlenildi.

     Maslahatyň dowamynda welaýatyň öňdebaryjy bilim işgärlerine Ahal welaýat Baş bilim müdirliginiň, Ahal welaýatynyň jemgyýetçilik guramalarynyň hormat hatlary we ýadygärlik sowgatlary gowşuryldy.

      Merdana halkymyz hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda uly ruhubelentlik hem-de ýagşy umyt-arzuwlar bilen, täze 2026-2027-nji okuw ýylyny garşy alýar. Bedew bady bilen ösüşleriň belentliklerine tarap ynamly gadam urýan berkarar Watanymyz ylym-bilim ulgamynda günsaýyn ösüşlere we özgerişlere beslenýär. Döwrebap  ylymly-bilimli, giň dünýägaraýyşly, maksada okgunly, sagdyn ýaşlaryň sazlaşykly ösüşini üpjün etmek, olary watansöýüjilik ruhunda terbiýelemek biziň, bilim işgärleriniň baş maksadymyz bolup durýar.

    Mähriban, döwletli diýarymyzy bagtly çagalygyň, iň arzyly islegleriň wysal bolýan ýurduna öwürýän Gahryman Arkadagymyzyň,  ata kesbini ynamly dowam etdirýän hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň  janlary sag, ömürleri uzak bolsun, il-halkymyz üçin bähbitli işleri hemişe rowaçlyklara beslensin!

 

 

                                                                                   Ahal welaýat Baş bilim müdirligi