Logo

Türkmenistanyň

Bilim ministrligi

Logo

Türkmenistanyň

Bilim ministrligi

Onlaýn ýüz tutma
Täzelikler bölüminden yza gaýtmak
ÝOKARY OKUW MEKDEPLERI ÜÇIN TÄZE  OKUW KITABY NEŞIR EDILDI

ÝOKARY OKUW MEKDEPLERI ÜÇIN TÄZE OKUW KITABY NEŞIR EDILDI

11 Awgust, 2026
79

Ýurdumyzda «Il saglygy – ýurt baýlygy» diýen pähimden ugur alnyp, ynsan saglygyna döwletimiziň iň gymmatly baýlygy hökmünde garalýar. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe halkymyzyň baş saglygyny gorajak, kärine ussat, başarjaň ýokary bilimli lukmanlary taýýarlamak Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň işgärleriniň öňünde hem wajyp wezipeleriň hatarynda durýar.

Ýaňy-ýakynda ýurdumyzyň lukmançylyk ýokary okuw mekdepleri üçin «Andrologiýa» okuw kitaby (awtory: M.Çaryýew – A.: Türkmen döwlet neşirýat gullugy, 2026) çap edildi. Bu okuw kitaby lukmançylyk ýokary okuw mekdebiniň talyplary üçin an­drologiýa dersi boýunça okuw maksatnamasyna laýyklykda taýýarlanyldy. Okuw kitabynda andrologiýa dersiniň umumy meseleleri – erkek jyns ulgamynyň anato­miýasy we fiziologiýasy, andrologik keselleriň alamatlary, olary anyklamak üçin ulanylýan barlag usullary hem-de ýöriteleşdirilen soraglar – halk arasynda köp duş gelýän andrologik keseller, olaryň sebäpleri, patogenezi, kliniki geçişi, anyk­lanylyşy we bejerilişi beýan edilýär.

Bu okuw kitaby Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukman­çylyk uniwersitetiniň talyplary üçin niýetlenip, ol saglygy goraýyş ulgamynyň dürli ugurlarynda işleýän lukmanlar üçin hem ygtybarly gollanma bolup biler.

 

Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň

Okuw kitaplaryny taýýarlamak we neşir işleri bölümi