Logo

Türkmenistanyň

Bilim ministrligi

Logo

Türkmenistanyň

Bilim ministrligi

Onlaýn ýüz tutma
Täzelikler bölüminden yza gaýtmak
Bilim ministrligi daşary ýurtda okamaga gidýän talyplar üçin güwänamany almak tertibini düşündirdi

Bilim ministrligi daşary ýurtda okamaga gidýän talyplar üçin güwänamany almak tertibini düşündirdi

11 Sentýabr, 2026
50

Türkmenistanyň Bilim ministrligi talyplara we okuwa girmek isleýän ýaşlara daşary ýurtlaryň ýokary we orta hünär okuw mekdeplerinde okamak üçin daşary ýurda gitmekde zerur bolan güwänamany resmileşdirmegiň tertibi barada maglumat berýär.

Güwänama Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň 2022-nji ýylyň 1-nji iýunyndaky №202 buýrugynyň 1-nji goşundysyna laýyklykda berilýär. Ol raýatyň bellenen tertipde daşary ýurtda okuwyny dowam etdirýän ýa-da okuwa täze başlan talyp hökmünde hasaba alnandygyny tassyklaýar.

Hasaba alyş raýatyň hemişelik ýaşaýan ýeri boýunça — etrap bilim bölümlerinde geçirilýär. Aşgabat şäheriniň ýaşaýjylary bolsa şäheriň Baş bilim müdirligine ýüz tutup bilerler:

Salgysy: Türkmenistanyň Gahrymany Atamyrat Nyýazow şaýoly, 148
Telefonlar: 39-35-01, 39-37-79
E-mail: ashgabatmekdep@sanly.tm

Hasaba alyş tertibi Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň 2024-nji ýylyň 25-nji iýulyndaky №245 buýrugy (2-nji goşundy) bilen kesgitlenýär.

Zerur bolan resminamalar:

  1. Şahsyýeti tassyklaýan resminamanyň nusgasy (milli we daşary ýurt pasportlary);

  2. Ilkinji gezek daşary ýurda gidýänler üçin — daşary ýurt okuw mekdebiniň çakylygynyň we okuw baradaky kepillik hatynyň türkmen diline terjime edilen nusgalary;

  3. Wizanyň nusgasy;

  4. Harby şahadatnamanyň ýa-da harby hasaba goýlandygy baradaky şahadatnamanyň nusgasy;

  5. Okuw edarasy tarapyndan berilýän bellenen nusgadaky sowalnama;

  6. Orta bilim baradaky şahadatnamanyň nusgasy;

  7. 6×9 ölçegdäki bir sany reňkli fotosurat.

Goşmaça maglumatlar:

Resminamalar iş günlerinde sagat 14:00-dan 17:00-a çenli kabul edilýär. Resminamalaryň nusgalary we möhürleriň yzlary aýdyň bolmaly, sowalnama bolsa seresaplylyk bilen, ýalňyşsyz doldurylmalydyr. Resminamalar şahsy ýagdaýda tabşyrylýar.