Logo

Türkmenistanyň

Bilim ministrligi

Logo

Türkmenistanyň

Bilim ministrligi

Onlaýn ýüz tutma
Täzelikler bölüminden yza gaýtmak
Täze okuw ýylyna täze güýç bilen

Täze okuw ýylyna täze güýç bilen

18 Awgust, 2026
87

Her ýylyň altyn güýzüniň ilkinji gününe ýaş nesil we mugallymlar aýratyn ähmiýetli sene hökmünde sabyrsyzlyk bilen garaşýar. Çünki şol günde «ilkinji jaňyň» kakylmagy bilen, ýurdumyzyň umumy, orta hünär, ýokary okuw mekdeplerinde täze okuw ýylyna girişilýär. Şanly sene mynasybetli Gahryman Arkadagymyzyň başlangyçlary, hormatly Prezidentimiziň aýratyn üns-aladalary netijesinde bilim edaralarynyň täze gurlan binalarynyň açylyp ulanmaga berilmegi mugallymlary has-da önjeýli işlemäge, ýaşlary yhlasly okamaga höweslendirýär. Şeýle wakalar bilimler baýramçylygyna taryhy öwüşgin, ýaş nesle egsilmez buýsanç bagyşlaýar.

Gahryman Arkadagymyz «Ömrümiň manysynyň dowamaty» atly kitabynda: «Türkmen ýaşlary Garaşsyz, baky Bitarap döwletimiziň geljegidir. Ýaşlaryň ruhy we beden taýdan sagdynlygy, hünärli, kämil şahsyýet bolmagy, döredijilik ukyby we pikirlenmek başarnygy jemgyýetimiziň kämilleşmegine hem-de döwletimiziň ösüşine uly itergi berýän güýçdür» diýip, ýurdumyzyň beýik geljegini gurujylara belent ynam bildirýär. Arkadagly Gahryman Serdarymyz «Ýaşlar — Watanyň daýanjy» atly kitabynda esasy bilimiň, iň wajyp terbiýäniň watançylykdadygyny, beýik ösüşlere ýetmek üçin ilki Watany söýmegi öwrenmelidigini aýratyn nygtaýar.

Mälim bolşy ýaly, Watanymyzyň şypaly künjeklerindäki, şol sanda Gökderäniň goýnundaky çagalar sagaldyş-dynç alyş merkezlerinde körpe nesliň tomus başdan geçirmeleri gyzykly, many-mazmunly, döredijilikli häsiýetde sagdyn durmuş ýörelgeleri esasynda ýatdan çykmajak täsirlere baý boldy. Şu günler bolsa täze okuw ýylyna taýýarlygyň ýakymly aladalary dowam edýär. Ýurdumyzyň welaýatlarynyň, Aşgabat we Arkadag şäherleriniň söwda nokatlarynda mekdep bazarlary harytlaryň giň görnüşlerini hödürleýär. Mekdep okuwçylary hem-de talyplar okuw lybaslaryny, esbaplaryny tükelleýärler. «Mekdep bazaryna hoş geldiňiz!», «Täze okuw ýyly başlanýar» ýaly haşamly ýazgylar söwda nokatlaryna gelen alyjylaryň göwnüni göterýär, bilim-terbiýä beslenjek günleriň has-da golaýlaşandygyny buşlaýar. Orta we ýokary hünär okuw mekdeplerine giriş synaglary hem guramaçylykly häsiýeti bilen tapawutlanýar. Zehinli, mynasyp ýaşlaryň müňlerçesi talyp bolmak bagtyna eýe bolýarlar.

Ak mekdepleriň gunduz ýaly arassa okuw otaglaryny, gül-pürçük howlularyny, ýalpyldap öwşün atýan sport meýdançalaryny göreniňde, tomusky abatlaýyş, abadanlaşdyryş işleriniň öz wagtynda, ýokary derejede geçirilendigini duýmak bolýar. Bu hem mugallymdyr okuwçylaryň göwnüni açýar, okuwa höwesini artdyrýar. Täze okuw ýylyna taýýarlygyň çäklerinde mugallymlar okuw maksatnamalaryna laýyklykda meýilnamalaryny, sapaklaryň maddy-üpjünçilik binýatlaryny has-da döwrebaplaşdyrdylar. Bilim işgärleriniň awgust maslahaty hem özara tejribe alyşmakda, okatmagyň täze usullaryny özleşdirmekde ähmiýetli çärä öwrülýär.

Her bir umumybilim edarasy mugallymlary bilen maksadyna ýetýär, ýetişdiren okuwçylary bilen abraý gazanýar. Paýtagtymyzyň 14-nji orta mekdebi hem ençeme ýyllyk baýry tejribesi, ýokary bilimli mugallymlary, ajaýyp üstünlikleri bilen adygandyr. Hususan-da, okuwçylarymyz «Altyn asyryň altyn zehinleri» atly döwlet ders bäsleşiginde, grek-rim göreşinden içerki we halkara ýaryşlarda baýrakly orunlara mynasyp bolýarlar. Türgenlerimize mekdebimizde halkara derejeli sport ussady Seýdylla Täzäýew tälimçilik edýär. Okuwçylaryň döredijilik başarnyklaryny ýüze çykarmak, olarda başlangyç hünär endiklerini kemala getirmek maksady bilen, aýdym-saz, keşdeçilik, nakgaşlyk, taslamalaşdyryş, programmirleme ýaly ugurlardan gurnaklar hereket edýär.

Bilim bagtyň şamçyragyna deňelýär. «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynyň altyn güýzi hem milli bilim ulgamynda durmuşa geçirilýän özgertmeler, gazanylýan ösüşler, gapylaryny giňden açjak täze bilim ojaklary bilen bagtly geljege badalga bolar.

Selbi KLYÇDURDYÝEWA,
Aşgabat şäherindäki 14-nji orta mekdebiň müdiriniň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetiriji.

Salgylanma: