Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýolbaşçylygynda bilim ulgamynda uly işler amala aşyrylýar. Matematika dersi boýunça täze okuw maksatnamalarynyň we okuw kitaplarynyň umumybilim berýän orta mekdepleriň ygtyýaryna berilmegi bu dersi okatmak boýunça täze okuw serişdeleriniň işlenip taýýarlanylmagyny talap edýär.
«Türkmenistanda tebigy we takyk ylmy ugurlara degişli dersleri okatmagy kämilleşdirmegiň Konsepsiýasyna» laýyklykda tebigy we takyk ylmy ugurly dersler boýunça elektron okuw kitaplaryny, okuw‑görkezme esbaplaryny, maglumat kitapçalaryny taýýarlamak wajyp meseleleriň biri bolup durýar. «Türkmenistanda umumybilim maksatnamalary boýunça okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmegiň 2028-nji ýyla çenli Konsepsiýasy» boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň biri-de umumybilim maksatnamalary boýunça okuw-usuly edebiýatlar, okuw-görkezme esbaplary, goşmaça edebiýatlar bilen üpjünçiligi yzygiderli berkitmek we kämilleşdirmek bolup durýar. Şu nukdaýnazardan hem umumybilim berýän orta mekdepler üçin «Matematika boýunça maglumat kitapçasy» atly okuw gollanmasy (awtory: A.Amanow) taýýarlanyldy we ýaňy-ýakynda Türkmen döwlet neşirýat gullugy tarapyndan çap edildi.
Okuw gollanmasy on bäş bölümden ybarat bolup, onuň birinji bölüminde 5-nji synpyň, ikinji bölüminde 6-njy synpyň, üçünji we dördünji bölümlerinde 7-nji synpyň, bäşinji we altynjy bölümlerinde 8-nji synpyň, ýedinji we sekizinji bölümlerinde 9-njy synpyň, dokuzynjy we onunjy bölümlerinde 10-njy synpyň, on birinji we on ikinji bölümlerinde 11-nji synpyň, on üçünji we on dördünji bölümlerinde 12-nji synpyň matematika dersi boýunça okuw maksatnamalaryndaky temalara degişli gysgaça maglumatlar ýerleşdirilipdir. Okuw gollanmasynyň on bäşinji bölüminde umumybilim berýän mekdepleriň matematika okuw kitaplarynda ulanylýan halkara adalgalarynyň we belgileriň gelip çykyşyna degişli maglumatlar getirilýär.
Bu okuw gollanmasynda okuw kitaplaryndaky maglumatlardan başga-da, çap edilen dürli kitaplardaky maglumatlar peýdalanylypdyr. Maglumat kitapçasy umumybilim berýän orta mekdepleriň okuwçylary, orta hünär we ýokary okuw mekdepleriniň giriş synaglaryna taýýarlanýanlar, ýokary okuw mekdepleriniň talyplary we matematika bilen gyzyklanýanlar üçin niýetlenendir.
Okamaga, öwrenmäge, bilim almaga şeýle uly mümkinçilikleri döredip berýän hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň we türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun!
Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň
okuw kitaplaryny taýýarlamak we neşir işleri bölümi