“Ylym” neşirýaty S.Hydyrow we G.Ylýasowa tarapyndan taýýarlanan “Türkmen we rus dilleriniň degşirme grammatikasy” atly täze okuw kitabyny çap etdi. Bu neşir Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleri üçin ders boýunça tassyklanan okuw maksatnamasyna laýyklykda taýýarlandy.
Kitap fonetika, leksikologiýa, frazeologiýa boýunça dürli aýratynlyklara eýe bolan iki diliň umumy we tapawutly hadysalaryny jikme-jik görkezýär hem-de degşirilýän dilleriň tipologiýasynyň, morfologiýasynyň esasy meselelerini öz içine alýar. Onda geneologik klassifikasiýanyň, şeýle-de çekimli we çekimsiz fonemalaryň düzüminiň hem-de ulgamlarynyň aýratynlyklary beýan edilýär.
Täze okuw kitabynyň esasy aýratynlygy onuň ýokary derejede amaly ugurlylygydyr. Giňişleýin degşirme seljermesi geljekki mugallymlara rus dilini öwrenýän okuwçylarda duş gelýän ýalňyşlyklaryň öňüni almaga mümkinçilik berýär. Kitabyň mazmuny girişden, tematik bölümlerden, netijeden we ulanylan edebiýatlaryň sanawyndan ybarat.
Okuw kitaby amaly sapaklar geçilende, şeýle hem özbaşdak işler ýerine ýetirilende peýdalanylyp bilner. Bu neşir mugallymlar, filologlar we ylmy işgärler üçin hem uly gyzyklanma döreder.
Türkmenistanyň Bilim ministrligi