2026-njy ýylyň 4-nji sentýabrynda Mary welaýat maliýe-ykdysady orta hünär okuw mekdebiniň mugallymlarynyň we talyplarynyň gatnaşmagynda Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Bilimler we talyp ýaşlar güni hem-de 2026-2027-nji okuw ýylynyň başlanmagy mynasybetli Arkadag şäheriniň Ruhyýet köşgünde geçiren okuw sapagy barada söhbetdeşlik duşuşygy geçirildi. Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk şanly toýunyň bellenilýän ýylynda has takygy, 2026-njy “Garaşsyz baky Bitarap Türkmenisan – bedew batly at-myradyň mekany” ýylynyň ikinji sentýabrynda Gahryman Arkadagymyz Arkadag şäheriniň Ruhyýet köşgünde umumy sapak geçdi. Alym Arkadagymyzyň bu umumy okuwyna müňlerçe ýaşlar gatnaşdy. Umumy okuw sapagynyň başynda Alym Arkadagymyz watançylyk temasyna ýüzlenip, watan mukaddesligini anyk deliller bilen düşündirdi. Bu umumy okuw sapagy mugallymlara görelde mekdebi boldy. Türkmen halkynyň Milli Lideriniň oýlanmalary ýaş nesillere atalyk, howandarlyk pendi juda täsirli boldy we ol nesilleriň hakydasynda baky galjak ýakymly ýatlamadyr. Söhbetdeşligiň ahyrynda oňa gatnaşyjylar Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyşlaryny beýan etdiler.
Mary welaýat maliýe-ykdysady orta hünär okuw mekdebi