Bedew batly döwrümizde Türkmenistanyň bilim ulgamynda halkara hyzmatdaşlygyň işjeň ösdürilmegi, ýaşlaryň dünýä derejesindäki öňdebaryjy bilim ojaklarynda tejribe geçmeginiň üpjün edilmegi hem-de daşary ýurt dillerini kämil derejede öwrenmekleri üçin giň mümkinçilikler döredilýär. Bu ugurda alnyp barylýan köpýyllyk netijeli işleriň aýdyň subutnamasy hökmünde Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri instituty bilen Koreýa Respublikasynyň abraýly Kangwon milli uniwersitetiniň arasyndaky bilim-ylym hyzmatdaşlygyny görkezmek bolar.
Iki ýokary okuw mekdebiniň arasynda baglaşylan ylym we bilim babatda hyzmatdaşlyk etmek barada özara düşünişmek hakynda Ähtnamanyň çäginde taraplar köp ugurly hyzmatdaşlygy üstünlikli amala aşyrýarlar. Şu amala aşyrylýan hyzmatdaşlygyň amaly netijesi hökmünde 2026-2027-nji okuw ýylynda Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň talyplary Koreýa Respublikasynyň Çhunçhon şäherinde ýerleşýän Kangwon milli uniwersitetinde koreý dili ugry boýunça bir ýyllyk okuw maksatnamasyna gatnaşmaga mümkinçilik aldylar.
Bu halkara okuw maksatnamasy talyplar üçin diňe bir dil öwreniş tapgyry bolman, eýsem olaryň hünär we şahsy taýdan kämilleşmeginde täze gözýetimleri açýan ajaýyp mümkinçilikdir. Sapaklaryň gönüden-göni tebigy dil gurşawynda, ýokary tejribeli koreý professor-mugallymlarynyň ýolbaşçylygynda geçirilmegi talyplaryň akademiýa we amaly sözleýiş endiklerini ýokary derejä ýetirmäge şert döredýär. Maksatnama talyplara Kangwon milli uniwersitetiniň baý kitaphanalaryndan, sanly bilim çeşmelerinden giňden peýdalanmaga, daşary ýurtly deň-duşlary bilen özara tejribe alyşmaga hem-de Koreýa Respublikasynyň taryhy-medeni mirasyny çuňňur özleşdirmäge giň mümkinçilik berýär. Şeýle hem, amaly sapaklar we medeni-köpçülikleýin çäreler geljekki hünärmenleriň medeniýetara gatnaşyklaryny kämilleşdirmäge, ylmy-barlag ugurlaryny giňeltmäge we olaryň geljekde kämil dilçi-mugallymlar bolup ýetişmeklerine berk binýat bolup hyzmat eder.
Şeýle halkara derejesindäki maksatnamalar döwletimiziň ýaşlaryna dünýä derejesinde bilim almaga, dil endiklerini ösdürmäge we Türkmenistan bilen Koreýa Respublikasynyň arasyndaky ylym-bilim alyş-çalşygyny durnukly ösdürmäge uly goşant goşýar.
Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri instituty