Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Hormatly Prezidentimiziň bilim ulgamynda amala aşyrýan düýpli özgertmelerini maksadalaýyk durmuşa geçirmekde, bilim edaralarynyň ýolbaşçylarynyň, pedagogik we beýleki işgärleriniň öňdebaryjy iş tejribesini öwrenmekde, ýaýratmakda hem-de bilim işine ornaşdyrmakda, ýaş nesle döwrebap bilim-terbiýe bermekde öňde durýan wezipeleri durmuşa geçirmekde ýüze çykýan meseleleri ara alyp maslahatlaşmak, 2025-2026-njy okuw ýylynyň jemini jemlemek hem-de täze 2026-2027-nji okuw ýylynda öňde durýan wezipeleri kesgitlemek maksady bilen, 2026-njy ýylyň 17-19-njy awgusty aralygynda, pedagogik işgärleriň etrap (şäher) maslahatlary 20-nji awgustda, Lebap welaýatyň öňdebaryjy pedagogik işgärleriniň maslahaty 22-nji awgustda “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany” diýen şygar bilen guramaçylykly, ýokary derejede geçirildi.
Usuly-amaly okuwlarda baý tejribeli, öz işine ussat, okuw-terbiýeçilik işlerini täzeçil guraýan, döredijilikli işleýän etrap bilim bölümleriniň hünämenleriniň, bilim edaralarynyň ýolbaşçylarynyň, mugallymlaryň, terbiýeçileriň çykyşlary täsirli çykyşlary diňlendi.
Okuwyň dowamynda ösüp gelýän ýaş nesle ata-babalarmyzyň öwüt-ündewleri esasynda bilim-terbiýe bermegi has-da kämilleşdirmegiň, bilim özgertmelerini işjeňleşdirmegiň milli bilim ulgamynyň esasy wezipeleridigi, “Türkmenistanda umumybilim maksatnamalary boýunça okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmegiň 2028-nji ýyla çenli Konsepsiýasyny” durmuşa geçirmekde mekdebe çenli çagalar edaralarynyň pedagogik işgärleriniň öňünde durýan wezipeleri barada çykyşlar diňlenildi.
Çärjew etrabynyň 3-nji çagalar bakja-bagynyň terbiýeçisi Zülfiýa Hemraýewanyň “Mekdebe çenli çagalar edaralarynda sapakdan daşary geçirilýän okuw-terbiýeçilik işlerini guramagyň ýollary”, Türkmenabat şäheriniň 48-nji çagalar bakja-bagynyň terbiýeçisi Nasiba Tagaýewanyň “Innowasion tehnologiýalaryň üsti bilen çagalaryň döredijilik ukyplaryny ösdürmek”, Lebap welaýat Saglygy dikeldiş okuw-terbiýeçilik toplumynyň aýdym-saz ýolbaşçysy Aýna Sapardurdyýewanyň “Saglygy dikeldiş okuw-terbiýeçilik toplumlarynyň pedagogik işgärleriniň hünär derejesini ýokarlandyrmagyň we mugallymçylyk ussatlygyny kämilleşdirmegiň häzirki zaman usullary” atly çykyşlary has-da täsirli boldy. Şeýle-de, mekdebe çenli çagalar edaralarynyň pedagogik işgärleri bilen geçirilen usuly-amaly okuwlarda çaga terbiýesiniň, sapaklaryň täsirliligini artdyrmak üçin çagalar bilen işjeň oýunlary guramagyň derwaýyslygy nygtaldy.
Lebap Baş bilim müdirliginiň mekdebe çenli bilim,
terbiýe bölüminiň baş hünärmeni Gunça Seýitniýazowa