Ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda «Garaşsyzlyk – bagtymyz» atly makala ýazmak boýunça bäsleşik
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Türkmenistan döwletimizde Watanymyzy kuwwatly ýurda öwürmegiň röwşen ýolunda beýik geljegimize gönükdirilen tutumly işler amala aşyrylýar. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan durmuş-ykdysady taýdan durnukly ösüşlere, belent özgerişlere eýe bolýar. Gahryman Arkadagymyzyň öňdengörüjilikli başlangyçlary, hormatly Prezidentimiziň il bähbitli, ýurt ähmiýetli belent maksatlary ýaş nesiller üçin görelde mekdebidir.
Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň beren döwlet ähmiýetli tabşyryklaryndan gelip çykýan wezipelerden ugur alyp, ýaşlarda watansöýüjilik, agzybirlik, ata Watanymyza, merdana halkymyza bolan buýsançlaryny ösdürmek hem-de talyp ýaşlaryň döredijilik ukyp-başarnyklaryny kämilleşdirmek maksady bilen, Türkmen döwlet maliýe instituty tarapyndan ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda «Garaşsyzlyk – bagtymyz» atly makala ýazmak bäsleşigi yglan edilýär.
Bäsleşigiň maksady we wezipeleri
Bäsleşigiň maksady:
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýaşlaryň arasynda döredijilik bäsleşiklerini yzygiderli geçirmek baradaky tabşyryklaryny ýerine ýetirmekden, ýaşlaryň çuňňur manyly döredijilige bolan gyzyklanmalaryny artdyrmakdan, olaryň çeper pikirlenme, döredijilik ukyplaryny ösdürmekden, ýaşlaryň şahsyýet hökmünde kemala gelmegine, ata-babalarymyzyň ruhy-ahlak, agzybirlik, dost-doganlyk ýörelgelerine ygrarly bolup ýetişmeklerine ýardam etmekden, olarda Bitarap Watanymyza bolan egsilmez buýsanjyny ýokarlandyrmakdan ybarat.
Bäsleşigiň wezipeleri:
– talyp ýaşlaryň publisistik çykyşlaryny işjeňleşdirmek;
– aýratyn zehinli ýaşlary ýüze çykarmak;
– döredijilik hyzmatdaşlygyny giňeltmek.
Bäsleşigi geçirmegiň we oňa gatnaşmagyň şertleri
1. Bäsleşigi geçirmek degişli ýokary okuw mekdeplerine hat ibermek esasynda we institutyň resmi saýtynda ýörite bildirişi ýerleşdirmek arkaly mälim edilýär.
2. Bäsleşige gatnaşyjy talybyň makalasy we olar baradaky maglumaty beýan edýän resmi hat Türkmen döwlet maliýe institutyna ugradylmaly (bäsleşige gatnaşýan talybyň familiýasy, ady, atasynyň ady, okaýan ýokary okuw mekdebiniň ady, hünäri ýa-da taýýarlyk ugry, ýyly, telefon belgisi we makalasynyň ady).
3. Bäsleşige öň hiç ýerde neşir edilmedik, 1 awtor (talyp) tarapyndan ýazylan makala «Garaşsyzlyk – bagtymyz» diýen ýazgy bilen kabul edilýär.
4. Makalanyň möçberi 2-5 sahypa bolmaly, elektron görnüşini Word formatynda (doc we docx giňeltmesi bilen), setir arasy 1,5, Times New Roman şriftinde, 14-lik ölçegde institutyň ilkinji Ýaşlar guramasynyň başlygyna 2026-njy ýylyň sentýabr aýynyň 21-ne çenli gowşurmaly.
5. Makalanyň adynyň ýokarsynda sag tarapdan «Garaşsyzlyk – bagtymyz» atly bäsleşige» diýen goýy gara bilen ýazylan ýazgy bolmaly.
6. Bäsleşige her ýokary okuw mekdebinden 2-den köp bolmadyk talybyň makalasy 2026-njy ýylyň 21-nji sentýabryna çenli kabul edilýär.
7. Bäsleşigiň jemleri 2026-njy ýylyň 25-nji sentýabrynda Türkmen döwlet maliýe institutynyň resmi saýtynda ýerleşdiriler.
Bäsleşigiň eminleri
Bäsleşige gatnaşýan talyplaryň makalalaryny bahalandyrýan eminler toparynyň agzalary institutyň professor-mugallymlaryndan, ýurdumyzyň jemgyýetçilik guramalarynyň wekillerinden, gazet-žurnallaryň redaksiýalarynyň döredijilik işgärlerinden düzülýär. Bäsleşigiň eminleri özbaşdak işleýärler, çekeleşikli ýagdaý ýüze çykanda goşmaça şert girizmek ýa-da gatnaşyjylara sowal bilen ýüzlenmek hukugyny özünde saklaýar.
Bäsleşigiň ýeňijilerini yglan etmek
Bäsleşigiň jemleri boýunça ýeňijiler bäsleşik tamamlanandan soňra eminler toparynyň agzalary tarapyndan saýlanylar we Türkmen döwlet maliýe institutynyň resmi saýtynda ýerleşdiriler. Bäsleşigiň jemi boýunça I, II, III orunlara mynasyp bolan talyplar institutyň adyndan Hormat hatlary we ýadygärlik sowgatlary bilen sylaglanylar.
Guramaçylyk topary: habarlaşmak üçin telefon belgi: +99361663606
Maglumatlary ýollamak üçin elektron salgy: info@tdmai.edu.tm
Türkmen döwlet maliýe instituty