Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasy bilen bilelikde guramagynda ýurdumyzyň orta mekdepleriniň ýokary synp (11-12-nji synplar) okuwçylarynyň arasynda geçiriljek «Ahalteke atlary ̶ parahatçylygyň ilçileri» atly zehin telebäsleşigi
I. Umumy düzgünler
1.1. Türkmenistanyň orta mekdepleriniň ýokary synp (11-12-nji synplar) okuwçylarynyň arasynda geçirilýän «Ahalteke atlary – parahatçylygyň ilçileri» atly zehin telebäsleşiginiň (mundan beýläk – telebäsleşik) şu Düzgünnamasy telebäsleşigiň guramaçylyk we geçiriliş tertibini, şeýle hem ýeňijileri we baýrakly orunlary kesgitlemegiň tertibini, olaryň hukuklaryny düzgünleşdirýär.
1.2. «Ahalteke atlary – parahatçylygyň ilçileri» atly telebäsleşigiň esasy maksady Garaşsyz, hemişelik Bitarap döwletimiziň bagtyýar ýaşlarynyň umumadamzat gymmatlyklarynyň hataryna goşulan ajaýyp milli mirasymyza – behişdi bedewlerimize we seýisçilik sungatymyza bolan beýik buýsanjy, çäksiz söýgüsini hem-de gyzyklanmany terbiýelemekden, olaryň bu babatdaky gyzyklanmalaryny has-da ýokarlandyrmakdan, ylmy dünýägaraýşyny çuňlaşdyrmakdan, ýaşlary hünärlere ugrukdyrmakdan ybaratdyr.
Şunuň bilen baglylykda, telebäsleşik şu esasy wezipeleriň berjaý edilmegini maksat edinýär:
─ ýaşlaryň ylmy dünýägaraýşyny ösdürmek, olary türkmen halkynyň baý we gahrymançylykly taryhyndan nusgalyk görelde alyp, şeýle-de türkmen halkynyň Milli Lideri, Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda ýurdumyzyň atçylyk pudagynda we milli seýisçilik sungatymyzda, atly sportda gazanýan guwandyryjy üstünliklerini mynasyp ýörelge edinip, hemmetaraplaýyn sazlaşykly ösen watansöýüji ýaşlary terbiýelemek;
─ ady rowaýata öwrülen ahalteke bedewleri ýetişdirmekde we seýislemekde halkymyzyň gadymdan gelýän köpasyrlyk asylly däplerini dowam etdirjek, täze taryhy eýýamda atçylyk pudagyny we atly sport ösdürmäge, ganatly bedewleriň şan-şöhratyny artdyrmaga mynasyp goşantlaryny goşmaga höwesli ýaşlary ýüze çykarmak;
─ ýalary atçylyk we seýisçilik, atly sport bilen baglanyşykly hünärlere ugrukdyrmak işini kämilleşdirmek;
─ telebäsleşige işjeň gatnaşyp we ýeňiji bolan has zehinli hem-de yhlasly mekdep okuwçylaryny – uçurymlary Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynda öz isleg bildiren hünäri boýunça okamak üçin saýlap almaga hödürlemek;
─ ýaşlarda ahalteke bedewleriniň tohum aýratynlyklaryny, türkmen milli seýisçilik sungatynyň özboluşlylygyny, şöhratly bedewlerimizi we olary seýislän tanymal seýislerimiziň iş usullaryny ýörite öwrenmek bilen baglanyşykly ylmy-barlaglary geçirmäge gyzyklandyrmak;
─ ösüp gelýän ýaş nesilde ýurdumyzyň «Galkynyş» milli at üstündäki toparynyň dünýä ýaryşlarynda we halkara bäsleşiklerinde at üstünde ýerine ýetirýän dürli tilsimlerine, bedewlere ussatlyk bilen erk etmeklerine, at çapmak sungatynyň özboluşly aýratynlyga eýedigini görkezmek boýunça yzygiderli gazanýan üstünliklerine buýsanjy terbiýelemek.
1.3. Bäsleşigiň guramaçylygyna we geçirilişine Türkmenistanyň Bilim ministrligi, «Türkmen atlary» döwlet birleşigi, Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasy, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşi, bäsleşigi ýazgy etmek we ýaýlyma goýbermek bilen baglanyşykly işlere Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komiteti ýardam edýär.
1.4. Telebäsleşik atçylyga we atly sporta, milli seýisçilik sungatymyza, şöhratly bedewlerimize, milli at üstündäki oýunlara, bedewlerimiz bilen baglanyşykly türkmen halkynyň däp-dessurlaryna, halk döredijiligine degişli ugurlar boýunça geçiriler. Telebäsleşigiň soraglary, ýumuşlary Gahryman Arkadagymyzyň «Ahalteke bedewi – biziň buýsanjymyz we şöhratymyz», «Gadamy batly bedew», «Atda wepa-da bar, sapa-da», «Hakyda göwheri» atly we beýleki ajaýyp kitaplarynda we «Döwlet guşy» «Älem içre at gezer» atly romanlarynda, şonuň ýaly-da Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň «Ýaşlar ─ Watanyň daýanjy», «Änew ─ müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýet», «Magtymguly ─ dünýäniň akyldary» atly çuňňur mazmunly ajaýyp eserlerinde, şeýle-de Gahryman Arkadagymyzyň tagallasy bilen neşir edilen «Paýhas çeşmesi» atly kitapda atçylyga degişli nakyllardyr atalar sözi we atçylyk baradaky kitaplardaky maglumatlaryň esasynda düzülýär.
1.5. Telebäsleşige ýurdumyzyň ähli künjeklerinden 11-12-nji synplarda okaýan mekdep okuwçylary gatnaşyp bilerler. Jemleýji tapgyra telebäsleşigiň deslapky tapgyrynda ýeňiji bolan we baýrakly orunlara eýe bolanlar gatnaşyp bilerler.
1.6. Telebäsleşik Türkmenistanyň döwlet dilinde − türkmen dilinde geçirilýär.
1.7. Telebäsleşigiň ähli tapgyrlarynyň netijelerini eminler topary kesgitleýär. Telebäsleşigiň eminler topary Türkmenistanyň Bilim ministrligi bilen ylalaşylan hem-de Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynyň rektorynyň buýrugy bilen dörediler.Toparyň düzümi 3 sany bilermenden ybarat bolup, olar halypa seýislerden «Türkmen atlary» döwlet birleşiginiň hünärmenlerinden, Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynyň mugallymlaryndan düzüler.
II. Bäsleşigiň geçiş tapgyrlary
2.1. Telebäsleşigi guramak we geçirmek bilen baglanyşykly işler ýylyň dowamynda alnyp barylýar, ol aşakdaky 8 tapgyrdan durýar:
− saýlama tapgyry – bir sany;
− teleýaýlymda ýazgy edilýän tapgyrlary – alty sany;
− jemleýji tapgyry – bir sany.
2.2. Telebäsleşigiň saýlama tapgyrynda oňa gatnaşmaga isleg bildirýän mekdep okuwçylary öz ýaşaýan welaýatyndaky, Aşgabat şäherindäki Baş bilim müdirlikleriniň we Arkadag şäheriniň bilim müdirliginiň guramagynda sanly ulgam görnüşinde soragnamalara (testlere) jogap berýärler.
2.3. Eminler topary saýlama tapgyryň netijelerini seljermegiň esasynda, ýokary netije gazanan we has tapawutlanan mekdep okuwçylaryny telebäsleşigiň indiki tapgyrlaryna gatnaşyjylaryň toparyny kesgitleýär.
2.4. Telebäsleşigiň teleýaýlymda ýazgy edilýän tapgyrlary Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynda geçirilýär.
2.5. Telebäsleşigiň jemleýji tapgyrynyň netijesinde I, II, III orunlary eýelän hem-de baş baýraga mynasyp bolan mekdep okuwçylary ýeňijiler hökmünde yglan edilýär. Telebäsleşigiň ýeňijileri altyn, kümüş, bürünç medallar hem-de baş baýrak – ýörite kubok bilen sylaglanýar.
III. Bäsleşigiň üpjünçiligi
3.1. Telebäsleşigiň guramaçylyk-usuly, hünärmen we maglumat üpjünçiligi Türkmenistanyň Bilim ministrligi bilen ylalaşylan hem-de Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynyň rektorynyň buýrugy bilen döredilen telebäsleşigiň guramaçylyk topary tarapyndan amala aşyrylýar.
Telebäsleşigiň guramaçylyk toparynyň düzümi Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynyň hünärmenlerinden, telebäsleşigiň ýardamçylaryndan hem-de hemaýatkärlerinden ybarat bolar.
Bäsleşigiň guramaçylyk topary:
̶ telebäsleşigiň hemmetaraplaýyn üpjünçiligini guraýar;
̶ telebäsleşigiň meýilnamasyny düzýär, geçiriljek wagtyny we senesini kesgitleýär;
̶̶ telebäsleşigiň geçirilişinde ýüze çykýan jedelli ýagdaýlary seljerýär we degişli çözgütleri çykarýar;
̶ Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasyna geljekki okuw ýyly üçin bäsleşigiň geçirilmegine haýyşnamalary berýär we şol ýylda geçirilen bäsleşigiň netijeleri boýunça hasabatlary taýýarlaýar.
3.2. Telebäsleşige gatnaşmaga isleg bildirýän mekdep okuwçylaryna hödürleniljek sowallar we ýumuşlar Türkmenistanyň Milli bilim institutynyň usulyýetçi alymlaryndan, Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynyň professor-mugallymlaryndan, «Türkmen atlary» döwlet birleşiginiň, Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň «Behişdi ahalteke atlary» habarlar-syn beriş žurnalynyň hünärmenlerinden, atşynaslardan ybarat bolan ýörite usulyýet topary tarapyndan taýýarlanylar. Usulyýet toparynyň agzalary telebäsleşige gatnaşýan zehinli mekdep okuwçylaryna hödürleniljek sowallaryň we ýumuşlaryň telebäsleşigiň maksadyna we wezipelerine laýyklygyny, çuňňur many-mazmunly, gyzykly, bilim we terbiýe berijilik häsiýetli bolmagyny üpjün edýärler.
3.3. Telebäsleşik baradaky maglumat Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynyň resmi sahypasynda ihba.edu.tm; Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň yashlar.gov.tm sahypalarynda ýerleşdiriler.
3.4. Telebäsleşik jemgyýetçilik başlangyçlary esasynda öz işini amala aşyrar.
3.5. Telebäsleşigiň ýeňijileri “Türkmen atlary” döwlet birleşiginiň, Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň, Magtymguly adyndaky Ýaşlar Guramasynyň Merkezi Geňeşiniň hormat hatlary, ýörite diplomlary we şahadatnamalar bilen, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşiginiň, şeýle hem hususy telekeçileriň hemaýatkärlik etmeklerinde gymmatbaha ýadygärlik sowgatlary bilen sylaglanarlar.