Çagalar — mähriban Watanymyzyň nurana geljegi. Olar ýagty ertirleri gurujylardyr. Çagalaryň bilimli, terbiýeli bolup ýetişmegi ýaly mukaddes we jogapkärli işe maşgala, mekdep, her bir ynsan we giň jemgyýetçilik gatnaşýar. Çaga terbiýesinde ilkinji orun maşgala degişlidir. Maşgala jemgyýetde esasy orny eýeleýär. Ýurdumyzda çaganyň maşgalada ösüp kemala gelmegi barada uly aladalar edilýär. Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary bilen beden we ruhy taýdan sagdyn, bilimli, zähmetsöýer nesli kemala getirmek, maşgalanyň berkemegi we ösmegi üçin ähli mümkinçilikler döredilýär.
Irki çagalyk (bir ýaşdan üç ýaşa çenli döwür) çaganyň durmuşynda aýratyn döwürdir. Sebäbi onuň çagalykdaky aň we beden ösüşi çalt depginde geçýär. Bu döwürde çaganyň geljekki ösüşiniň esasy goýulýar. Çaganyň bedenine erk etmegini, sözleýşini we daş-töweregini öwrenmek işjeňligini irki çagalyk döwrüniň esasy gazananlary hökmünde görkezmek bolar. Ilkinji üç ýylyň dowamynda çaganyň beden we aň ösüşinde bolup geçýän üýtgeşmeler örän uludyr. Irki çagalyk döwründe ösüşiň ähli ugurlary dil ösüşi bilen berk baglanyşyklydyr. Bu döwür çaganyň sözleýşiniň ösmegi üçin iň möhüm döwür bolup durýar. Dil ösüşiniň meseleleri dünýä alymlary tarapyndan hem öwrenilip gelindi. Olar sözleýşiň ugurlaryny, ösüş tapgyrlaryny, ösüşe täsir edýän ýagdaýlary ýüze çykardylar. Şeýlelikde, çagalaryň sözleýşiniň kadaly bolmagyny gazanmak jemgyýet üçin möhüm ähmiýete eýedir.
Çaganyň sözleýşi, dil baýlygynyň artmagy maşgalada kemala gelýär. Çünki bu ösüş çaga bilen daşky gurşawyň özara täsiri we uly adamlar bilen aragatnaşyk netijesinde amala aşýar. Kadaly ösüşde üç ýaşly çaga birnäçe täze söz öwrenýär, ilkinji sözlemleri gurýar we sorag berýär. Dil ösüşi, esasan, bir ýarym ýaşdan soň has çaltlaşýar. Irki çagalyk döwründe çaganyň ejesi bilen gatnaşygynyň, onuň emosional taýdan durnuklylygynyň, çaga bolan garaýşynyň we onuň bilen sözleýiş aýratynlyklarynyň sowatly bolmagy örän möhümdir. Çünki eje çagasynyň sesleri dogry aýtmagyny gazanmalydyr. Çaganyň ösüşi kadaly bolanda, 2,5 ýaşda onuň sözlük gory artýar. Emma muňa garamazdan, ony ýeterlik ulanyp bilmeýärler. Eje çagasy bilen köp gepleşse, her bir etmeli hereketini söz bilen beýan etse, onda çagada sözleýiş işjeňleşýär.
Ata-babalarymyzyň çagalaryň sözleýşini ösdürmekde baý durmuş tejribesi bar. Bu tejribe türkmen halk döredijiliginde jemlenendir. Irki çagalyk döwründen soň, ýedi ýaşa çenli dürli oýunlaryň, ýaňyltmaçlardyr sanawaçlaryň, tapmaçalaryň üsti bilen çagalaryň özbaşdak ösüşini kämilleşdiripdirler. Türkmen halky şahyrana halk bolup, asyrlarboýy sünnäläp, dilden-dile geçirip, halk döredijiliginiň giden bir ulgamyny döredipdir. Olaryň ählisi öz gözbaşyny gadymyýetden alyp gaýdan, mähir siňen milli miras hazynasy bolup, mazmuny taýdan terbiýeçilige ýugrulandyr. Bu halk pähim-paýhas hazynasyndan näçe susup aldygyňça, ol ösüp, örňäp, täze öwüşgine eýe bolýar.
Çagalaryň sözleýiş, çalt pikirleniş, kabul ediş, duýuş başarnyklaryny ösdürmekde olarda şähdaçyklyk, ruhubelentlik, ugurtapyjylyk endiklerini kemala getirmekde halk döredijiliginiň giňden ulanylýan görnüşleriniň biri-de ýaňyltmaçlardyr. Ýaňyltmaçlaryň käbir sesleri dogry aýdyp bilmeýän çagalaryň sözleýşini düzetmekde ähmiýeti has uludyr. Bu iş guralanda, çaganyň dogry aýdyp bilmeýän seslerine degişli bolan ýaňyltmaçlar saýlanyp alynýar. Mysallara ýüzleneliň: «Ç» sesini dogry aýtmak üçin: «Çary çatmadan çykyp, çepbekeýläp çöp çapdy, Çemen çalasyn çapak çaldy».
Çagalaryň dürs sözleýşini kemala getirmek terbiýeçilik işiniň möhüm ugrudyr. Dil halkymyzyň kämilliginiň gözbaşydyr.