Logo

Türkmenistanyň

Bilim ministrligi

Logo

Türkmenistanyň

Bilim ministrligi

Onlaýn ýüz tutma
Makalalar bölüminden yza gaýtmak
Çagalygyň serhetsiz dünýäsi

Çagalygyň serhetsiz dünýäsi

22 Awgust, 2026 Makalalar
49

Belentden ýaňlanýan şatlykly aýdym-sazlar, çaga gülküleri, al-elwan reňkler, robotlardyr jandarlar, lybaslar we azyk harytlary... Bularyň ählisi 19 — 22-nji awgust aralygynda paýtagtymyzdaky Söwda-senagat edarasynyň sergi zalynda ýaýbaňlandyrylýan «Kids EXPO: ähli zat çagalar üçin» atly halkara sergi-ýarmarkasynyň bagtyýar pursatlary. Şu günler Aşgabat bagtyýar çagalygyň paýtagtyna öwrülip, Söwda-senagat edarasynyň sergi zaly her bir körpejä birnäçe günläp özüni alym, küştçi, älemşynas, lukman hökmünde synamaga, döredijiligiň, sungatyň, sportuň dünýäsine aralaşmaga mümkinçilik döredýär.

Täze okuw ýylynyň öňüsyrasynda ýaýbaňlandyrylýan sergi-ýarmarkasy körpeler bilen bilelikde bagtyýar çagalygyň şäherçesini synlamaga gelýän ata-eneler üçin hem oňaýly mümkinçilikleri hödürleýär. Bu ýerde guralan mekdep bazarynda çagany birlaý geýindirip, gerekli okuw esbaplary bilen üpjün etmäge mümkinçilik bar. Mekdep bazarynda ýokary hilli lybaslaryň, ýantorbalaryň, aýakgaplaryň, galamdyr depderleriň, öwrediji we ösdüriji neşirleriň bolçulygy gözüňi dokundyrýar. «Bu sergi-ýarmarka çagalar üçin rahat we ekologiýa taýdan arassa önümleriň dürli görnüşlerini satyn almak üçin örän oňaýlydyr. Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrliginiň zolagynda hem okuwçylar üçin mekdep we sport lybaslarynyň, aýakgaplaryň, çagalaryň gündelik egin-eşikleriniň ençeme görnüşi ýerleşdirildi. Olaryň ählisi diňe tebigy süýümlerden taýýarlanylyp, ýurdumyzyň howa şertlerinde çagalaryň sagdyn ösmegi üçin niýetlenendir. Häzirki zaman dizaýny bilen tapawutlanýan önümlerimiz ýokary hiliň we amatly bahanyň ajaýyp sazlaşygydyr» diýip, «Altyn asyr» harytşynaslyk merkeziniň söwda (internet söwda) we marketing bölüminiň başlygy Berdimyrat Tajiýew gürrüň berýär.

Çagalar üçin harytlaryň önümçiligi ykdysadyýetiň örän düşewüntli ugry hasaplanýar. Ýurdumyzda ilatyň uly böleginiň ýaşlardan we ýetginjeklerden ybaratdygyny göz öňünde tutsaň, ýerli önüm öndürijileriň bu ugurlarda ýylsaýyn uly öňegidişlikleri gazanýandygy tötänlik däl. Häzirki wagtda türkmen telekeçileri çagalar üçin egin-eşikleri, aýakgaplary, mebelleri, azyk önümleriniň dürli görnüşlerini öndürýärler. Halkara sergi-ýarmarkasynda «Däp», «Ýüpekçi», «Hasar» ýaly haryt nyşanly harytlary öndürýän hususyýetçileriň pawilýonlarynda-da bu hakykat aýdyň ýüze çykýar.

Milli önüm öndürijiler bilen birlikde, «Vertera», «Dalin», «Roxy kids», «Wee baby», «Lotta», «Anex», «Fogg», «Sleepy» ýaly daşary ýurt kompaniýalarynyň 30-dan gowragynyň sergi-ýarmarka işjeň gatnaşýandygy ünsüňi çekýär. Olar paýtagtymyzda azyk önümlerini, arassaçylyk serişdelerini, öwrediji we ösdüriji enjamlaryny, oýunjaklaryny, çaga arabalaryny we beýleki harytlary tanyşdyrýar. Medeni, işewürlik we tehnologik dialog çagalar üçin niýetlenen harytlaryň pudagynda ýerli işewürlere-de tejribelerini baýlaşdyryp, täze gözýetimlere ymtylmaga mümkinçilik berýär.

«Kids EXPO: ähli zat çagalar üçin» atly halkara sergi-ýarmarkasynyň iň gyzgalaňly böleginiň ylym-bilim we tehnologiýalar bilen bagly «STEM» zolagy bolmagy diýseň begendirýär. Bu ýerde okap-ýazmagy ýaňy öwrenen çagalar özleriniň ilkinji robotlaryny ýasamagy, çylşyrymly bolmadyk oýunlary düzmegi, programmirlemäniň ilkinji ädimlerini we himiki tejribeleri geçirmegi öwrenýärler. Älem giňişliginiň täsinlikleri we Gün ulgamynyň planetalary barada maglumat berýän ykjam planetariý bolsa körpelerde ýatdan çykmajak täsirleri galdyrýar.

Hut halkara sergi-ýarmarkasynyň işine badalga berlen günde çagalar üçin niýetlenen «Nowça TV» platformasynyň açylmagy özboluşly many-mazmuna eýedir. Bu barada Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň Mahabat müdirliginiň wekili Ýusup Bekiýew şeýle gürrüň berýär: «MenzilMekan Animation» studiýasy tarapyndan işlenilip taýýarlanylan platformada 12 ýaşdan kiçi çagalar üçin howpsuz, ýaş aýratynlyklaryna laýyk gelýän we milli gymmatlyklarymyza esaslanýan animasiýa hem-de bilim beriji mazmunly multfilmlerdir gepleşikler görkezilýär. «Menekliler», «Daniel gaplaňjyk», «Maşajyk we aýy», «Janly ussahana», «Tikenjik bilen Mymyjak» ýaly multfilmleri özünde jemleýän platforma körpeler hem-de olaryň ata-eneleri üçin örän peýdalydyr».

Halkara sergi-ýarmarkasynyň çäklerinde ilkinji gezek geçirilýän «Kids Expo Chess Cup 2026» atly küşt ýaryşy birnäçe ýurtdan okuwçylaryň 100-e golaýyna aň-paýhas oýnunda güýç synanyşmaga mümkinçilik berdi. Bu ýaryşa gatnaşýan ýaş zehinler täzeden galkynyp, dünýäde meşhurlygy barha artýan küştde güýçli garşydaşlar bilen bäsleşip, tejribelerini artdyrmaga döredilen mümkinçilikden diýseň hoşal bolýarlar. Şunuň bilen birlikde, sergi zalynda ýaýbaňlandyrylan sport zolagynda ýaşlara basketbol, futbol, gimnastika, taekwondo ýaly görnüşler boýunça başarnyklaryny synap görmäge mümkinçilik döredilýär.

Özüni reňkler we şekiller arkaly kämilleşdirmäge ymtylýan duýgur körpeler üçin sergi-ýarmarkanyň sungat zolagy gujak açýar. Bu ýerde çagalar nakgaşçylyk, küýzegärçilik, polimer palçykdan heýkelleri we kagyzdan origamileri ýasamak boýunça ussatlyk sapaklaryna işjeň gatnaşýarlar. Sungat zolagynda döreýän eserlerde körpeleriň dünýä röwşen we oňyn garaýyşlaryny görmek bolýar.

«Kids EXPO: ähli zat çagalar üçin» atly halkara sergi-ýarmarkasynda ýurdumyzyň hem-de daşary ýurtlaryň kitap dükanlarynyň we bilim merkezleriniň, halkara guramalaryň pawilýonlary hem uly gyzyklanma döredýär. Bu ýerde körpelere niýetlenen kitapdyr neşirler bilen birlikde, ata-eneler üçin çaga terbiýesi boýunça döwrebap işewürlik we bilim maksatnamalary, okuw usulyýetleri tanyşdyryldy. Gazagystan Respublikasynyň çagalar we ýetginjekler üçin «Дети на миллион» atly meşhur okuw merkeziniň wekili Selbi Nurmyradowa nesil terbiýesinde häzirki zaman çemeleşmeler bilen bagly garaýyşlaryny paýlaşýar: «Dünýäniň örän ýokary tizlikde özgerýän döwründe çagalara diňe bir akademiki bilimleri bermek ýeterlik däl. Biziň okuw merkezimiz çagalarda we ýetginjeklerde häzirki zaman durmuşynda hem-de zähmet bazarynda derwaýys hasaplanýan çeýe başarnyklary öwredýär. Olara emosional intellekt, ýagny duýgudaşlyk we duýgurlyk, maliýe sowatlylygy, öňbaşçylyk, toparlaýyn işlemegi başarmak we çuňňur pikirlenmek degişli. 10 ýaşdan 18 ýaşa çenli çagalar we ýetginjekler üçin niýetlenen okuw maksatnamalarymyz olary özbaşdak durmuşa taýýarlamaga kömek edýär. Biz çagalara we ýetginjeklere ýalňyşlyklardan çekinmezligi, öňlerinde belent maksatlary goýmagy we olara ynamly gitmegiň ýollaryny öwredýäris. «Kids EXPO: ähli zat çagalar üçin» atly halkara sergi-ýarmarkasynda ylym-bilim, tehnologiýalar, sungat, döredijilik ýaly ugurlaryň agdyklyk edýändigi bizi diýseň begendirýär».

«Kids EXPO: ähli zat çagalar üçin» atly halkara sergi-ýarmarkasy abadan we bagtyýar geljegi üpjün etmek üçin, ilkinji nobatda, hut ýaş nesillere maýa goýmagyň zerurdygyny ýene bir ýola görkezýär. Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyzda Gahryman Arkadagymyzyň öňdengörüjilikli başlangyçlary, hormatly Prezidentimiziň ýadawsyz tagallalary esasynda çagalaryň, ýetginjekleriň kämil şahsyýetler bolup kemala gelmegi, ýaşlaryň ukyp-başarnyklaryny doly durmuşa geçirmegi üçin döredilýän şert-mümkinçilikler hem hut şu hakykatdan gözbaş alýar.

Ahmet GELDIÝEW, «Watan».
Surata düşüren Maksat GYLYJOW.
 

Salgylanma: