Ýurdumyzda her ýyl okuw möwsüminiň öň ýanynda guralýan mekdep bazarlarynda okuwçylar üçin zerur bolan dürli görnüşli okuw esbaplary, mekdep lybaslary, kanselýariýa önümleri, torbalardyr portfeller, kitap-depderler we beýleki harytlar alyjylara hödürlenýär. «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynyň 1-nji awgustyndan başlap, ýurdumyzyň ähli sebitleri bilen bir hatarda Arkadag şäherinde hem mekdep bazarlarynyň işi guramaçylykly ýola goýuldy.
«Akylly» şäheriň döwrebap «Gökdere» söwda-dynç alyş merkezinde, Söwda toplumynda hem-de beýleki ilatly nokatlarda guralan mekdep bazarlary hödürlenýän harytlaryň köpdürlüligi, ýokary hili we elýeterliligi bilen tapawutlanýar. Häzir olar bu ýeriň ýaşaýjylarynyň iň bir gelim-gidimli ýerleriniň birine öwrüldi. Ata-eneler çagalary, talyplar bolsa dost-ýarlary bilen gerekli okuw esbaplaryny saýlap alýarlar. Ýaňyja alan torbalaryny kitap-depderler, ýüreklerini täze arzuw-maksatlar bilen dolduran çagalar 2026-2027-nji okuw ýylynyň ýaşlaryň guwandyryjy bilim üstünlikleri bilen rowaçlanjakdygyny aňladýar.
Söwda nokatlarynda alyjylara hyzmat etmegiň medeniýetine, harytlaryň tertipli ýerleşdirilmegine we olaryň hiline aýratyn üns berilýär. Şeýle çemeleşme ata-eneleriň wagtyny tygşytlamaga hem-de zerur harytlaryň ählisini bir ýerden saýlap almaga mümkinçilik berýär. Mekdep lybaslary bazarlaryň esasy bölegini düzýär. Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrliginiň kärhanalary tarapyndan tebigy, arassa pagtadan tikilen lybaslar özüniň döwrebap biçüwi bilen alyjylaryň arasynda uly islegden peýdalanýar. Gyzlar üçin niýetlenen mekdep köýnekleri millilik bilen döwrebaplygy özünde jemleýär. Sport egin-eşiklerinde bolsa şanly ýylyň nyşany mynasyp şöhlelendirilipdir.
Mundan başga-da, syýa we reňkli galamlar, akwarel boýaglary, çyzgy esbaplary, albomlar hem-de beýleki zerur harytlar söwda dükanlarynyň tekjelerini bezeýär. Ýurdumyzyň häzirki zaman keşbi, gözel tebigaty, milli nyşanlar bilen bezelen depderler, gündelikler, ýandepderçeler göwnüňi göterýär. Bu harytlaryň aglabasy ýurdumyzyň hususy önüm öndürijilerine degişlidir.
— Arkadag şäherinde ýaş nesil üçin döredilýän mümkinçilikler ene hökmünde bizi diýseň buýsandyrýar. «Gökdere» söwda-dynç alyş merkeziniň öňünde guralan mekdep bazary çagalarymyzyň okuw üçin gerekli ähli esbaplary bilen doly üpjün edilipdir. Bahalaryň elýeterliligi saýlan harydyňy arkaýyn almaga mümkinçilik berýär. Söwda merkezlerinde nagt däl töleg ulgamynyň ornaşdyrylmagy, şeýle hem harytlary internet üsti bilen sargyt etmek ýaly goşmaça amatlyklar aluw-satuw işini ep-esli ýeňilleşdirýär. Juwan şäherimiziň söwda nokatlarynda döredilen şeýle oňyn şertler, harytlaryň bolçulygy, ýokary hilli hyzmatlar eşretli döwrümiziň, abadan, asuda durmuşymyzyň nyşanydyr — diýip, Arkadag şäheriniň ýaşaýjysy Aýşa Öwezmyradowa gürrüň berdi.