Logo

Türkmenistanyň

Bilim ministrligi

Logo

Türkmenistanyň

Bilim ministrligi

Onlaýn ýüz tutma
Makalalar bölüminden yza gaýtmak
Ekologiýa boýunça iň gowy taslama

Ekologiýa boýunça iň gowy taslama

4 Sentýabr, 2026 Makalalar
21

Golaýda Özbegistan Respublikasynyň Şahrisabs şäherinde geçirilen «Ýaşlar — geljegi gurujylar» atly V Halkara ekologiýa gurultaýy daşky gurşawy goramak, tebigy baýlyklary rejeli peýdalanmak we ekologiýa ulgamynda halkara hyzmatdaşlygy ösdürmek meselelerine bagyşlandy. Oňa Merkezi Aziýa döwletleri bilen birlikde, Russiýadan, Belarusdan, Azerbaýjandan, Türkiýeden we beýleki ýurtlardan wekiller gatnaşdylar.

Halkara gurultaýyň çäklerinde geçirilen «Iň gowy halkara ekologik taslama» bäsleşigi netijeli häsiýeti bilen tapawutlandy. Onda Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň ekologiýa we ekologik tehnologiýalar kafedrasynyň mugallym-öwrenijisi Oguldurdy Baýramowa hem öz taslamasy bilen çykyş etdi. Türkmen hünärmeniniň ekologik taslamasy bäsleşigiň netijesinde I orna mynasyp boldy.

Bu halkara üstünlik ýurdumyzyň bilim ulgamynda ylmy gözlegleriň, innowasion başlangyçlaryň we ýaş hünärmenleriň döredijilik mümkinçilikleriniň giňelýändiginiň nobatdaky aýdyň mysalyna öwrüldi. Şeýle hem ol ekologik meseleleriň ylmy taýdan öwrenilmegine we türkmen bilim işgärleriniň halkara tejribesiniň baýlaşmagyna goşant goşdy.

Maksatmyrat ÇARYÝEW.
«Türkmenistan»