Logo

Türkmenistanyň

Bilim ministrligi

Logo

Türkmenistanyň

Bilim ministrligi

Onlaýn ýüz tutma
Makalalar bölüminden yza gaýtmak
Halkara tejribäni özleşdirip

Halkara tejribäni özleşdirip

5 Sentýabr, 2026 Makalalar
31

Şu ýylyň 26-njy awgustyndan 8-nji sentýabry aralygynda Hytaý Halk Respublikasynyň Şenýan mugallymçylyk uniwersitetiniň binýadynda döwlet bilim edaralary üçin halkara okuw maslahaty dowam edýär. Şu günlerde ýurdumyzyň bilim ulgamynyň wekilleri hem foruma gatnaşmak maksady bilen, dostlukly döwletde iş saparynda bolýarlar.

Okuw maslahatyna gatnaşyjylar Hytaýyň bilim ulgamyny dolandyrmak, özgertmek we sanlylaşdyrmak boýunça häzirki zaman tejribesini içgin öwrenmäge mümkinçilik tapdylar. Onuň maksatnamasy ýokary okuw mekdepleriniň dolandyryş ulgamyny döwrebaplaşdyrmak, ynsanperwer gatnaşyklary pugtalandyrmak, şeýle hem «akylly» bilim şäherçelerini döretmek ýaly döwrebap ugurlary öz içine alýar.

Liaoning welaýatynyň bilim edaralaryna amala aşyrylan tejribe sapary nazary taýdan öwrenilenleri has-da berkitmäge ýardam berdi. Hususan-da, okuw maslahatyna gatnaşyjylarda bu ýerde eksperimental mekdebiň tehnologiýa, innowasiýa, psihologik goldaw we olimpiada taýýarlygy merkezleriniň işi bilen tanyşlyk aýratyn täsir galdyrdy. Hytaýyň öňdebaryjy uniwersitetleriniň professor-mugallymlarynyň çykyşlary-da özara tejribe alyşmakda örän netijeli häsiýete eýe bolýar.

Çäräniň çäklerinde wekiliýet agzalary Sýamen uniwersitetinde we Şençžen şäheriniň innowasiýa merkezinde ylym, bilim we senagat boýunça özara hyzmatdaşlygyň gurallaryny, tehnologik startaplary goldamagyň usullaryny özleşdirýärler. Ýurdumyzyň bilim işgärleri şeýle halkara meýdançalarda işjeň çykyş etmek bilen, Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň milli hünärmenleriň daşary ýurt tejribesini ykjam özleşdirmegi boýunça öňde goýan wezipelerini durmuşa geçirmek ugrunda yhlasly zähmet çekýärler.

(Ýörite habarçymyz)