Täze, 2026 — 2027-nji okuw ýylyna bilim edaralaryny taýýarlamak babatda Lebap welaýatynyň Türkmenabat şäherindäki ýöriteleşdirilen 29-njy orta mekdepde hem netijeli işler alnyp barylýar.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýaş nesliň döwrebap we hemmetaraplaýyn bilim-terbiýe almaklary üçin mekdebiň okuw otaglarynda, dälizlerinde, sport zalynda we beýleki goşmaça otaglarynda abatlaýyş-bejeriş işleri geçirildi. Täze okuw ýylynyň netijeleri geçirilen abatlaýyş-bejeriş we taýýarlyk işleriniň hiline bagly bolup durýar. Täze okuw ýylyna taýýarlyk işlerini göwnejaý alyp barmakda arassaçylyk-abadanlaşdyryş işleri ýola goýulýar. Şeýle hem mekdepdäki döwrebap enjamlar, görkezme esbaplary gözden geçirilýär.
Mekdebiň okuw otaglarynda döwrüň talabyna laýyklykda, okuwçylaryň alan bilimlerini, şonuň ýaly-da, ukyp-başarnyklaryny has-da artdyrmak maksady bilen, multimedia tagtalarynyň saz işleýşi üpjün edildi. Informatika otaglaryndaky bar bolan kompýuterler hem gözden geçirildi. Täze okuw ýylyna okuw-görkezme esbaplarynyň, bilim berijilik ähmiýetli diwarlyklaryň taýýarlanylyşyna uly üns berildi.