Ýakynda Ankara şäherinde Birleşen Milletler Guramasynyň Ösüş maksatnamasy bilen hyzmatdaşlygyň çäginde geçirilen sebitleýin maslahat adam maýasynyň ösdürilmegi we onuň ykdysady özgertmelerdäki ornunyň işjeňleşdirilmegi dogrusyndaky garaýyşlary bir ýere jemlemekde ähmiýetli boldy. Forumda ýurdumyz tarapyndan hödürlenen tejribä laýyklykda, döwlet syýasatynyň merkezinde duran adam maýasy ykdysady ösüşiň esasy hereketlendiriji güýji hökmünde görkezildi.
Soňky ýyllarda ýurdumyzda ýokary bilime elýeterlilik giňeldilip, onuň binýadyna sanly baha beriş ulgamlary ornaşdyryldy. Bu bolsa bilimiň hilini ýokarlandyrmaga hem-de dolandyryşy kämilleşdirmäge uly mümkinçilik berýär.
Türkmenistan BMGÖM bilen hyzmatdaşlykda bilimiň hilini, demografik meýilleri we hünärmen taýýarlygyny zähmet bazarynyň islegleri bilen utgaşdyrýan strategik meýilnamalaşdyryş çemeleşmesini işjeň ösdürýär. Çäräniň çäklerinde ýurdumyz tarapyndan işlenilip taýýarlanylan geljekki ýagdaýlary çaklamak we demografik-ykdysady nusga üçin programma üpjünçiligi tanyşdyryldy. Esasy maksat adam maýasyna baha bermekden başlap, ykdysadyýetiň geljekki zerurlyklaryny çaklamaga, hünär taýýarlygyny uýgunlaşdyrmaga we döwlet syýasatyny kämilleşdirmäge çenli üznüksiz ulgamy döretmekdir. Ýurdumyzyň demografik mümkinçiliklerini nazara almak bilen, adam maýasy diňe bir şu günki däl, eýsem, geljegiň ykdysadyýetini kemala getirýän esasy güýje öwrülýär.