Arkadag şäheriniň Ruhyýet köşgünde Gahryman Arkadagymyzyň ýurdumyzyň bilim işgärleri, talyp ýaşlar hem-de okuwçylar bilen geçen umumy sapagy ylym-bilim ulgamynda möhüm ähmiýetli taryhy waka boldy. Onuň dowamynda ýaş nesliň öwrenmäge höwesini artdyrmak, olaryň milli gymmatlyklara wepalylygyny berkitmek babatda gymmatly pikirler beýan edildi. Öňe sürlen her bir pikir ýaşlaryň durmuşda dogry ýol-ýörelgäni saýlamagyna, Watana söýgüsini iş ýüzünde görkezmegine ýardam berýän nusgalyk öwüt-ündewlere öwrüldi. Şunda bilim bilen terbiýäniň sazlaşygynyň kämil şahsyýeti kemala getirmegiň esasy şertleriniň biridigi aýratyn nygtaldy. Gahryman Arkadagymyzyň Watanymyzyň beýik geljegini gurujylara bildirýän belent ynamy olary täze üstünliklere, döredijilikli zähmete, ylym-bilimde öňe gitmäge ruhlandyrýan güýçdür. Bular barada watançylyk sapagyna gatnaşan ildeşlerimiziň käbiriniň pikir-garaýyşlaryny okyjylara ýetirýäris.
Merdan BERDINYÝAZOW,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň mugallymy:
— Täze, 2026-2027-nji okuw ýylynyň ilkinji günlerinde Arkadag şäheriniň Ruhyýet köşgünde Gahryman Arkadagymyzyň bilim işgärlerine, talyp ýaşlara we mekdep okuwçylaryna geçen umumy sapagyna gatnaşmak meniň üçin diýseň buýsançly waka boldy. Sapakda beýan edilen pähim-paýhasa ýugrulan her bir jümle mugallym hökmünde saýlap alan kärime bolan söýgimi has-da artdyrdy. Umumy sapagyň dowamynda ýurdumyzda garaşsyz ösüşiň 35 ýylynda gazanylan üstünlikler, ýetilen belent sepgitler, hemişelik Bitaraplygymyzyň esasynda dünýä döwletleri bilen alnyp barylýan dost-doganlyk gatnaşyklary barada giňişleýin gürrüň edildi. Bu beýik ösüşleriň binýadynda halkymyzyň agzybirliginiň, parahatçylygynyň we döredijilikli zähmetiniň bardygy barada bellenildi.
Umumy sapakda türkmençilik däp-dessurlaryna, maşgala mukaddesligine, ýaş nesli milli ruhda terbiýelemegiň ähmiýetine aýratyn üns berilmeginiň möhümdigi aýdyldy. Bu babatda pederlerimizden miras galan atalar sözleri, nakyllar, tymsallar, hüwdüler ägirt uly terbiýeçilik güýjüne eýedir. Gahryman Arkadagymyzyň «Ynsany kämillige ýetirýän ylym hem-de bilimdir» diýen pähimi biziň her birimiz üçin ýolgörkeziji şamçyragdyr. Watançylyk sapagy ýaşlary watansöýüji, zähmetsöýer, arassa ahlakly, milli ýörelgelere wepaly şahsyýetler edip ýetişdirmek babatda has-da jogapkärçilikli işlemäge borçlandyrdy. Gahryman Arkadagymyza we Arkadagly Gahryman Serdarymyza ýaş nesliň röwşen geljegi ugrunda alyp barýan beýik işleri üçin tüýs ýürekden sagbolsun aýdýarys.