Mekdebe çenli çagalar edaralarynda möwsüme görä iş geçirmek örän jogapkärli ýagdaýdyr. Çaga terbiýeleýän terbiýeçi geljekdäki şahsyýeti kemala getirip başlaýar. Her bir ata-ene perzendini edepli, tertipli, watansöýüji edip ýetişdirmek üçin çagalar bagyna berýär. Maksadalaýyk terbiýe, sowat öwretmek terbiýeçiniň hünär-bilim taýýarlygyna, häzirki döwürde ýaş hünärmenlerimiziň öňünde duran jogapkärli wezipä düşünişine baglydyr. Her bir çaga terbiýeçä görelde alarlyk nusga hökmünde garaýar. Häzirki wagtda bolsa mekdebe çenli çagalar edaralarynda tomus sagaldyş möwsümi bilen bagly çärelere aýratyn üns berilýär. Bu möwsüm çagalaryň iň halaýan, garaşýan möwsümleriniň biridir.
Tomus paslynyň dowam edýän günlerinde mekdebe çenli çagalar edaralaryna gatnaýan körpeler bilen taplama, gyzyklanma, göwnaçma çäreleri geçirilýär. Çagalar edaralarynda taplama çäreleri üçin toparlara niýetlenen meýdançalar göz öňünde tutulýar. Ol ýerde çagalaryň özbaşdak hereketli oýunlary oýnamagy, taplanmagy üçin mümkinçilikler döredilýär. Tomus sagaldyş möwsüminde meýilnamalaşdyrylýan gyzyklanma, göwnaçma çäreleri — bäsleşikler, gezelençler, sport ýaryşlary, türkmen milli oýunlary, aýdym-sazly çykyşlar guralýar, ertekilerden bölekler sahnalaşdyrylýar. Geçirilýän çäreler irki ýaşdan başlap, çaganyň bedeniniň berkemegine, hereket işjeňliginiň artmagyna, olaryň ruhubelent, şadyýan bolmagyna, ruhy taýdan sagdyn ösmeklerine, dünýägaraýşynyň giňemegine gönükdirilýär.
Tomus möwsüminde ertirki maşklar ýörite meýilnamalaşdyrylýar. Täze maşklar iki hepdelik üçin düzülýär. Ertirki maşklar üçin täze hereketler çaganyň hereketiniň ösüşi üçin hökmany sapaklarda geçirilen maşklar bilen utgaşdyrylýar. Soňra çagalar bilen taplama çäreleri gyzykly ýagdaýda geçirilýär.
Hereketli oýunlara, sport ýaryşlaryna çagalar örän işjeň gatnaşýarlar. Olary toparlara bölüp, ýaryşdyrýarys. Şonda her bir çaga öz toparynyň üstünlik gazanmagy üçin ähli başarnyklaryny görkezýär, yhlas edýär. Bu ýagdaý çagalarda agzybirlige, dostluga bolan hormatynyň artmagyny, köpçülige goşulmak we özlerini alyp barmagy öwrenmek ýaly häsiýetleri terbiýeleýär.
Ertekiler boýunça şadyýan sahna çykyşlary çagalaryň iň halaýan göwnaçmalarynyň biridir. Ýartygulak, Mämmetjan, Japbaklar we birnäçe erteki gahrymanlarynyň keşplerini ýerine ýetirmek olar üçin örän gyzykly bolup durýar. Çagalar keşpler boýunça ýat tutmaly sözlerini, goşgularyny uly höwes bilen öwrenýärler. Şeýle hem daşary ýurtlaryň çagalar edebiýatyny, iňlis we rus dilleri bilen bagly bolan sahnalary hem uly höwes bilen ýerine ýetirýärler. Çagalar öýde ata-eneleri bilen käbir gürrüňdeşliklerde hem şol ertekilerdäki çykyşlaryndan bölekleri gaýtalaýandyklaryny aýdýarlar. Bu ýagdaý körpäniň şol pursatlardan täsirlenýändigini, onuň çeper pikirleniş ukybynyň kämilleşýändigini görkezýär.
Göwnaçma çärelerinde aýdym aýdyp, tans etmegi çagalar örän gowy görýärler. Türkmen, iňlis, rus dillerindäki aýdymlar we şol aýdymlara laýyk bolan tanslary ýerine ýetirýärler.
Mekdebe çenli döwür çaganyň geljekde hemmetaraplaýyn sagdyn ösüşiniň esasy bolup durýar. Şoňa görä-de, bu döwür çaganyň akyl ýetiriş, beden, duýgy, durmuş, sözleýiş, ruhy taýdan ösmeginiň we bilesigelijiliginiň, göz öňüne getirmesiniň hem-de döredijilik ukyplarynyň ösmegi üçin wajyp döwürdir. Şonuň üçin çagalar bilen guralýan sapaklaryň, söhbetdeşlikleriň, möwsümleýin çäreleriň, gezelençleriň örän oýlanyşykly we gyzykly bolmagy zerurdyr.